Siz nädip maslahat berýärsiňiz?
Sizden adamlar maslahat soraýarmy? Belki, size şeýle soraglar berýändirler: «Men näme etsemkäm? Men şol oturylyşyga gitsemmikäm? Şol işe girsemmikäm? Maşgala gurmak niýeti bilen onuň bilen duşuşsammykam?»
Akýürekli adamlar dostlary, maşgalasy, hatda Ýehowa bilen gatnaşygyna täsir edýän meseleleri çözmäge sizden kömek sorap biler. Siz nämä esaslanyp maslahat berersiňiz? Siz adamlara meseläni çözmäge nädip kömek edýärsiňiz? Adamyň beren soragy kyn ýa-da aňsat bolup görünse-de, Süleýmanyň tymsallary 15:28-de: «Dogruçylyň aňy jogap berende oýlanýandyr» diýilýär. Geliň, Mukaddes Ýazgylardan gowy maslahat bermäge kömek edýän bäş prinsipe seredeliň.
1 Ýagdaýyny gowy biliň.
«Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr» (SÜL. TYM. 18:13).
Biz gowy maslahat bermek üçin adamyň ýagdaýyny we garaýşyny gowy bilmeli. Meselem, biri size jaň edip öýüňizi nädip tapmalydygyny sorasa, näme edersiňiz? Siz ýoly dogry düşündirer ýaly, ilki bilen, onuň nirede durandygyny bilmeli. Şonuň ýaly adama gowy maslahat bermek üçin, onuň «duran ýerini», ýagny ýagdaýyny we garaýşyny bilmeli. Biziň maslahatymyza täsir edip biljek ýagdaýlar barmy? Eger adamyň ýagdaýyna doly düşünmesek, gaýtam maslahatymyz bilen başyny çaşyrarys (Luka 6:39).
Soragyna jogap gözläpdirmi? Maslahat soraýan adama şeýle soraglar bersek paýhasly bolardy: «Seniň pikiriňçe, Mukaddes Ýazgylardaky haýsy prinsip meseläňi çözmäge kömek eder? Eger meseläniň birnäçe çözgüdi bar bolsa, olaryň nähili gowy we erbet taraplary bar? Soragyňa jogap gözlediňmi? Ýygnak ýaşulularyndan, ata-eneňden, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän wagyzçydan ýa-da başga birinden maslahat soradyňmy?»
Onuň berýän jogaplaryndan soragyna jogap tapmak üçin nämeler edendigini bilse bolar. Şeýle-de berjek maslahatymyzda başgalaryň aýdan zatlaryny göz öňünde tutarys. Mundan başga-da, onuň «gulagyna ýakýan» maslahaty berjek adamy gözleýändigini ýa-da gözlemeýändigini bileris (2 Tim. 4:3).
2 Maslahat bermäge howlukmaň.
«Her adam eşitmekde çalt, geplemekde assa... bolsun» (ÝAKUP 1:19).
Belki, biz ýagşy niýet bilen derrew maslahat berýändiris. Emma soralýan meseläni doly bilmeýän bolsak, onda derrew jogap bermek paýhassyz bolardy. Süleýmanyň tymsallary 29:20-de şeýle diýilýär: «Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür».
Berýän maslahatyň Hudaýyň akyldarlygyna doly gabat gelýändigi barada oýlan we özüňe şeýle sorag ber: «Meniň düşünjäme «dünýäniň ruhy» we düşünjesi täsir edýärmi?» (1 Kor. 2:12, 13). Diňe ýagşy niýetiň ýeterlikli däldigini unutma. Petrus resul Isa berlen kyn ýumuş barada eşidip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Seniň başyňa asla beýle iş düşmesin!» diýdi. Petrusyň sözlerinden näme sapak edinip bileris? Hatda ýagşy niýetli adam hem ägä bolmasa, «Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işlerini» goldap biler (Mat. 16:21—23). Dogrudan-da, gürlemezden öň oýlanmak nähili wajyp! Heý-de, biziň durmuş tejribämizi Hudaýyň akyldarlygy bilen deňeşdirip bolarmy? (Eýýup 38:1—4; Sül. tym. 11:2).
3 Pes göwünli bolup, Hudaýyň Sözüne salgylanyň.
«Men Öz-Özümden hiç zat etmän, diňe Atanyň Maňa öwredenlerini aýdýaryn» (ÝAHÝA 8:28).
Siz: «Seniň ýeriňde bolsam, men-ä şeýle ederdim...» diýýärsiňizmi? Eger biz soragyň jogabyny bilsek-de, Isanyň kiçigöwünligine we pespälligine eýermäge çalyşmaly. Isa islendik adamdan has paýhasly hem tejribeli bolsa-da: «Men Öz-Özümden geplemedim... Ata Maňa näme buýran bolsa, Men diňe şony aýdýaryn» diýdi (Ýahýa 12:49, 50). Isanyň taglymaty we maslahaty hemişe Atasynyň islegine gabat gelýärdi.
Meselem, Luka 22:49-y okasak, Isa tussag ediljek wagty şägirtleri uruşmakçydy. Şägirtleriniň biri gylyjy bilen Isany gorajak boldy. Şol waka barada Matta 26:52—56-njy aýatlarda-da gürrüň berilýär. Şol aýatlardan görnüşi ýaly, Isa kyn ýagdaýda-da wagt tapyp, şägirtlerine Ýehowanyň islegi barada pikirlenmäge kömek edýär. Isa Gelip çykyş 9:6-daky, Zeburyň 22-nji mezmuryndaky we Işaýanyň 53-nji babyndaky prinsipleri bilýändigi üçin, şägirtlerine maslahat berip, janlaryny halas etdi we Ýehowany begendirdi.
4 Guramanyň edebiýatlaryndan peýdalanyň.
«Hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri kim?» (MAT. 24:45).
Isa hyzmatkär toparyny wajyp ruhy iýmiti bermäge belledi. Siz birine wajyp mesele boýunça maslahat bereniňizde, wagt tapyp, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlardan şol tema boýunça gözleg geçirýärsiňizmi?
«Garawul diňi» žurnalynyň dekabr aýynda çykýan sanynda şol ýylyň dowamynda çykan temalaryň atlary berilýär. Şol temalar hem maslahat bermäge kömek eder. Şeýle-de sen dogan-uýalardan «Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasyndan» (rusça)a gerekli maglumaty tapyp bermegi haýyş edip bilersiň. Şeýle baý hazynadan peýdalanmagy hiç haçan unutmagyn! Sen başgalara Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri barada gözleg geçirmäge we Hudaýyň Sözi esasynda pikirlenmäge kömek etjek bolup çalyşýarmyň? Adam kartanyň kömegi bilen häzir nirededigini bilip, barmaly ýerine barýar. Şonuň ýaly-da, guramanyň bize beren gözleg gurallary ýolumyzy görmäge we ýaşaýyş ýolundan ýöremäge kömek edýär.
Köp ýygnak ýaşululary wagyzçylara «Garawul diňiniň» dekabr aýynda çykýan temalar hem-de «Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasy» (rusça) arkaly gerekli makalalary tapmaga kömek edýärler. Şeýdip, dogan-uýalara Mukaddes Ýazgylaryň esasynda pikirlenmäge ýardam edýärler. Wagyzçylar diňe bir kynçylyklaryny çözmän, eýsem gözleg geçirmegi hem-de Ýehowanyň berýän edebiýatlary arkaly gündeki meselelerini çözmegi öwrenýärler. Şeýlelikde, olar «saýgarma ukyplaryny ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirýärler» (Ýew. 5:14).
5 Başgalara derek karara gelmäň.
«Her kim öz ýüküni özi götermelidir» (GAL. 6:5).
Maslahata eýerjegini-eýermejegini adamyň özi çözýär. Ýehowa prinsiplerine eýermek babatda bize erkinlik berýär (Kan. tag. 30:19, 20). Käbir ýagdaýlary Mukaddes Ýazgylaryň birnäçe prinsipleri bilen çözüp bolýar, ýöne maslahat gözleýän adamyň özi belli bir karara gelmeli. Maslahat gözleýäniň soraýan meselesine ýa-da ýaşyna laýyklykda, özümize şeýle sorag berip bileris: «Şu meseläni men çözmelimi?» Käbir meseleleri ýygnak ýaşululary ýa-da ýaşlaryň ene-atasy çözse gowy bolar.
a «Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasy» 39 dilde çykarylýar.
[8-nji sahypadaky surat/çarçuwa]
Maşgala okuwynda
Siz maşgala okuwynda ýaňy-ýakynda berlen soragyň jogabyny gözläp bilersiňizmi? Sorag berýäne jogap bermek üçin nähili makalalary we prinsipleri tapyp bilersiňiz? Aýdaly, bir dogan ýa uýa maşgala gurmak niýeti bilen duşuşmak barada maslahat soraýar. «Garawul diňiniň» dekabr aýynda çykýan sanyndaky temalarda «Öwrenilýän makalalar» hem-de «Mesihçi ýaşaýyş we häsiýet» diýen sözbaşylara seret. Şeýle-de «Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasyndaky» (rusça) «Edebiýatlaryň indeksinde «Tanyşlyk döwri» hem-de «Nika» diýen sözbaşylara serediň.
[9-njy sahypadaky çarçuwa]
Biz Ýehowanyň guramasy arkaly iň gowy maslahatlary berip hem alyp bilýäris. Wagyzçy 12:11-de şeýle diýilýär: «Akyldaryň sözleri öküz taýagy, dana sözleri ýygnaýanlar kakylan çüý ýalydyr, olary Ýehowa berýändir». Tirkelen mallary ugrukdyrýan ujy ýiti taýak ýaly söýgi bilen berilýän paýhasly maslahatlar ak ýürekli adamlara dogry ýoly görkezýär. «Kakylan çüý» desgalary berk edişi ýaly, oýlanyp berlen maslahat, soňra ökünmez ýaly, gowy karara gelmäge kömek edýär. Paýhasly adamlar Ýehowanyň akyldarlygyny aýan edýän dana sözlerden lezzet alýarlar.
Biz maslahat berenimizde, Ýehowa Hudaýymyzyň göreldesine eýermeli. Biz maslahat soraýanlary höwes bilen diňleýäris we olara elimizden gelen kömegi berýäris. Biziň berýän maslahatymyz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine esaslanan bolsa, adamlara peýdaly bolar we ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek eder.