Ýehowanyň jomartlygyny we paýhaslylygyny gymmat saýyň
«Reb hemmelere gowudyr, Onuň mähribanlygy ähli ýaradylanlarynyň depesindedir». ZEB. 145:9
1, 2. Ýehowanyň dostlarynda nähili mümkinçilik bar?
MONIKA atly uýa şeýle diýýär: «Ýanýoldaşym bilen durmuş guranymyza 35 ýyl boldy. Biz biri-birimizi örän gowy tanaýarys. Emma şonda-da biz biri-birimiz barada öň bilmedik zatlarymyzy bilmegi dowam edýäris». Hawa, köp wepaly är-aýallar we dostlar wagtyň geçmegi bilen bir-biri barada täze zatlary bilýärler.
2 Biz söýýän adamlarymyzy içgin tanamakdan lezzet alýarys. Adamlar bilen dostlugymyzy berkitmek üçin näçe jan etsek-de, Ýehowa bilen dostlukdan gymmat zat ýokdur. Elbetde, biz hiç haçan Ýehowa barada hemme zady bilip bilmeris (Rim. 11:33). Ýöne gelejekde bizde Ýehowanyň häsiýetlerini baky öwrenmäge we olaryň gadyr-gymmatyna has-da gowy düşünmäge mümkinçiligimiz bolar (Wag. 3:11).
3. Biz şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
3 Geçen makala bize Ýehowanyň ünsli diňläp, kömek etmäge taýýardygyny hem-de hiç kimi ala tutmaýandygyny has gymmat saýmaga ýardam etdi. Geliň, häzir Ýehowanyň ýene-de iki ajaýyp häsiýetine seredeliň: jomartlyk we paýhaslylyk. Biz bu häsiýetler hakda köpräk bilsek, mezmurçynyň: «Reb hemmelere gowudyr, Onuň mähribanlygy ähli ýaradylanlarynyň depesindedir» diýen sözlerine has gowy düşüneris (Zeb. 145:9).
ÝEHOWA JOMART HUDAÝ
4. Hakyky jomartlyk nämeden görünýär?
4 Jomart bolmak nämäni aňladýar? Munuň jogabyny Resullaryň işleri 20:35-de getirilen Isanyň: «Bermek almakdan bagtlydyr» diýen sözlerinden bilýäris. Bu ýönekeýje sözler arkaly Isa hakyky jomartlygyň nämedegini belläp geçdi. Jomart adam öz wagtyny, güýjüni we maddy zatlaryny başgalara höwes bilen bagyş edýär. Aslynda, adamyň jomartlygy berýän sowgadynyň ululygyna ýa-da gymmatlygyna däl-de, ony näme maksat bilen berendigine görä kesgitlenilýär (2 Korintoslylar 9:7-ni okaň). Hiç kim «mübärek Hudaýymyz» Ýehowadan has jomart bolup bilmez (1 Tim. 1:11).
5. Ýehowa jomartdygyny nädip görkezýär?
5 Ýehowa jomartdygyny nädip görkezýär? Ol ähli adamlaryň, şol sanda Oňa sežde etmeýänleriň hem zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Dogurdan-da, Ýehowa «hemmelere gowudyr». Ol «Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar» (Mat. 5:45). Ine, şol sebäpli-de, Pawlus resul Ýehowa iman etmeýän adamlara ýüzlenende, Hudaýyň olara «ýagşylyk edýändigini... gökden ýagmyr hem hasylly möwsümler berýändigini» we ýüreklerini «iýmit hem şatlykdan doldurýandygyny» aýtdy (Res. iş. 14:17). Görşümiz ýaly, Ýehowa ähli adamlara jomartlyk bildirýär (Luka 6:35).
6, 7. a) Ýehowa, esasan-da, kimiň zerurlyklaryny höwes bilen kanagatlandyrýar? b) Hudaý wepaly gullukçylarynyň aladasyny edýändigi barada mysal getiriň.
6 Ýehowa, esasan-da, wepaly gullukçylarynyň zerurlyklaryny höwes bilen kanagatlandyrýar. Dawut patyşa şeýle diýdi: «Men ýaş ýigitdim, indi garradym we dogry adamyň terk edilenligini ýa onuň zürýadynyň çörek dilänini görmedim» (Zeb. 37:25). Ýehowanyň ençeme wepaly gullukçylary öz durmuşynda Onuň alada edişini gördüler. Geliň, olaryň birine seredeliň.
7 Birnäçe ýyl mundan öň, Ýehowa doly wagtly gulluk edýän Nensi atly uýa kyn ýagdaýa uçrapdy. Ol şeýle ýatlaýar: «Men kireýine ýaşaýan jaýym üçin 66 dollar tölemelidim. Bu puly bermäge meniň bir günüm galypdy. Men puly nireden tapjagymy bilmeýärdim. Bu barada Ýehowa doga etdim we soňra işe gitdim. Men ofisiant bolup işleýärdim. Hepdäniň şol güni restorana az adam gelýärdi. Şol sebäpli men köp çaý puly berilmez öýtdüm, ýöne köp adamyň gelenine diýseň geň galdym. Iş wagtym tamamlanandan soň, berlen ähli çaý pullary hasaplanymda, olar anyk 66 dollara ýetdi». Nensi Ýehowanyň jomartlyk bildirip, oňa tüýs gerek zadyny berendigine göz ýetirdi (Mat. 6:33).
8. Ýehowanyň jomartlyk bilen berýän iň gymmatly sowgady näme?
8 Ýehowanyň ähli adamlara jomartlyk bilen berýän iň gymmatly sowgady hem bar. Ol nähili sowgat? Bu Ýehowanyň Oglunyň töleg gurbany. Isa şeýle diýipdi: «Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16). Bu aýatdaky «dünýä» diýlen söz bütin adamzady aňladýar. Dogrudan-da, Ýehowanyň iň gymmatly sowgadyny ähli adamlar alyp bilýär. Isa Mesihe iman edýänler «gurply ýaşaýşy», ýagny ebedi ýaşaýşy alarlar! (Ýahýa 10:10). Eýsem, bu Ýehowanyň jomart Hudaýdygynyň iň uly subutnamasy dälmi näme?!
ÝEHOWANYŇ JOMARTLYGYNDAN GÖRELDE ALYŇ
9. Biz Ýehowanyň jomartlygyna nädip eýerip bileris?
9 Biz Ýehowanyň jomartlygyna nädip eýerip bileris? Ýehowa «lezzet almagymyz üçin, her zady bize bolluk bilen berýär». Diýmek, biz hem başgalaryň şatlygy artar ýaly «jomartlyk» bildirmeli (1 Tim. 6:17—19). Biz söýýän adamlarymyza ýürekden sowgat berýäris we mätäçlik çekýänlere höwes bilen kömek edýäris (Kanun taglymaty 15:7-ni okaň)a. Jomart bolmagy unutmazlyga bize näme kömek eder? Mesihçileriň käbiri şeýle usuly ulanýarlar: olara sowgat berlende, olar hem kimdir birine sowgat bermäge jan edýär. Hawa, mesihçiler ýygnagynda jomartlyk ruhuny ösdürýän ençeme dogan-uýalar bar.
10. Jomartlyk bildirmegiň nähili ajaýyp usuly bar?
10 Jomartlyk bildirmegiň iň gowy usullarynyň biri, ony sözde we iş ýüzünde görkezmeli. Muny nädip etse bolýar? Biz wagtymyzy we güýjümizi başgalara kömek etmäge we olary ruhlandyrmaga sarp etmeli (Gal. 6:10). Bu babatda özümize şeýle soraglary berip bileris: «Başgalary diňlemek üçin wagt sarp etmäge taýyndygym görünýärmi? Kimdir biri ýüz tutanda, oňa kömek edýärinmi? Men maşgala agzalarymyň birine ýa-da imandaşyma haçan soňky gezek öwgüli sözleri aýtdym?» Biz adamlara jomartlyk bildirip, Ýehowa we dostlarymyza has-da ýakynlaşýandygymyzy duýýarys (Luka 6:38; Sül. tym. 19:17).
11. Biz Ýehowa Hudaýa nädip jomartlyk bildirip bilýäris?
11 Şeýle-de biz Ýehowa Hudaýa jomartlyk bildirip bilýäris. Mukaddes Ýazgylar: «Malyň bilen... Rebbi hormatla» diýip ündeýär (Sül. tym. 3:9). «Malyň bilen» diýlen jümlä Ýehowa gulluk etmek üçin sarp edýän wagtymyz, güýjümiz we maddy emlägimiz hem degişli. Hatda çagalar Ýehowa Hudaýa jomartlyk bildirip bilýärler. Jeýson atly doganymyz şeýle gürrüň berýär: «Biz Patyşalyk zalynda maşgalamyz bilen bilelikde meýletin sowgat bermekçi bolanymyzda, puly ýörite guta atmagy çagalarymyza tabşyrýarys. Olar muny etmegi örän gowy görýärler, çünki çagalarymyz Ýehowa bir zat sowgat berýän ýaly duýýarlar». Ýaşlygyndan Ýehowa sowgat bermegi endik eden çagalar, ulalansoň hem jomart bolsalar gerek! (Sül. tym. 22:6).
ÝEHOWA PAÝHASLY HUDAÝ
12. Paýhasly bolmak nämäni aňladýar?
12 Ýehowanyň ýene-de bir ajaýyp häsiýetleriniň biri — paýhaslylyk. Paýhasly bolmak nämäni aňladýar? Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyndaky «paýhaslylyk» diýlip terjime edilen söz «Täze Dünýä terjimesinde» «eglişik etmegi» aňladýar (Titus 3:1, 2, TD). Paýhasly adam gödek bolmaýar ýa-da kanuna jikme-jik eýermegi talap etmeýär. Gaýtam, ol adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutup, olar bilen özüni mähirli alyp barýar. Şeýle adam başgalary höwes bilen diňleýär we ýerlikli bolsa, olaryň islegine görä öz talaplaryny üýtgedip, eglişik edýär.
13, 14. a) Ýehowa paýhaslydygyny nädip görkezýär? b) Paýhaslylyk babatda Hudaýyň Lut bilen özüni alyp barşyndan nämäni öwrenýäris?
13 Ýehowa özüniň paýhaslydygyny nädip görkezýär? Ol gullukçylarynyň duýgularyny mähir bilen göz öňünde tutýar we köplenç olaryň haýyşlaryna görä hereket edýär. Geliň, Ýehowanyň dogruçyl adam Lut bilen özüni nähili alyp barandygyna seredeliň. Ýehowa Sodom bilen Gomora şäherlerini ýok etmekçi bolanda, Ol Luta daglara gaçmagy tabşyrýar. Emma nämedir bir sebäp bilen Lut başga ýere gaçmagy soraýar. Oýlanyp görüň, Lut Ýehowadan görkezmesini üýtgetmegi haýyş edýär (Gelip çykyş 19:20-ni okaň)b.
14 Kimdir biri Luty ruhy taýdan gowşak we gulak asmaýan adam hasaplamagy mümkin. Sebäbi Lut nirä gaçsa-da, Ýehowa ony halas edip bilerdi. Diýmek, Lutuň daglyk ýere gaçmakdan gorkmagy ýerliksizdi. Ýöne Lut şonda-da gorkýardy. Ýehowa onuň ýagdaýyna düşünip, eglişik etdi. Ol Luta biraz wagtdan ýok ediljek şähere gaçmaga rugsat etdi (Gelip çykyş 19:21, 22-nji aýatlary okaň)c. Dogrudan-da, Ýehowa çendenaşa talap ediji däl. Ol eglişik edýän we paýhasly Hudaýdyr.
15, 16. Musanyň kanunynda Ýehowanyň paýhasly Hudaýdygy nädip görkezilýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
15 Geliň, Ýehowanyň paýhasly hereket edýändigini görkezýän başga mysala seredeliň. Musanyň kanunyna görä, ysraýylly adam gurbanlyk hökmünde goýun ýa-da geçi getirerden garyp bolsa, onda ol iki gumry ýa-da iki kepderi berip bilýärdi. Eger ol iki kepderi getirerden hem garyp bolsa näme? Şeýle ýagdaýda garyp ysraýylly az möçberde un gurbanlyk berip bilýärdi. Emma bir wajyp zada üns bermek gerek: getirilýän un ýönekeý bolman, eýsem, hormatlanýan myhmanlar üçin ulanylýan «oňat undan» bolmalydy (Gel. çyk. 18:6). Bu näme üçin wajypdy? (Lewiler 5:11-i okaň)d.
16 Aýdaly, sen ysraýylly garyp adam. Sen Ýehowa gurban getirmek üçin mukaddes çadyra az-owlak un alyp barýarsyň. Gurply ýaşaýan ysraýyllylaryň bolsa, gurban hökmünde mal getirýändiklerini görýärsiň. Şeýle ýagdaýda, ähtimal, sen un getirýäniňe utanarsyň. Emma şonda getirýän sowgadyňyň Ýehowanyň mynasyp gurban hasaplaýandygy ýadyňa düşýär. Näme üçin? Sebäbi Ýehowanyň talap edişine görä, sen ýokary hilli un getirýärsiň. Aslynda, Ýehowa garyp ysraýyllylara şeýle diýýän ýalydy: «Men seniň başgalar ýaly köp zat getirip bilmeýändigiňe düşünýärin. Ýöne seniň maňa iň gowy zadyňy getirýändigiňi bilýärin». Dogrudan-da, Ýehowa gullukçylarynyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, paýhasly Hudaýdygyny görkezýär (Zeb. 103:14).
17. Ýehowa nähili gullugy kabul edýär?
17 Ýehowanyň paýhaslydygy we ýürekden edýän gullugymyzy gymmat saýýandygyny bilmek göwnüňi göterýär (Kol. 3:24). Italiýada ýaşaýan Konstansiýa atly gartaşan uýa şeýle diýýär: «Men adamlara Ýaradyjymyz barada gürrüň bermegi ähli zatdan gowy görýärin. Şol sebäpli men wagyz etmegi we adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi dowam edýärin. Men saglygym sebäpli köpräk gulluk edip bilmeýändigime käte örän gynanýaryn. Emma men Ýehowanyň ýagdaýyma düşünýändigini, meni söýýändigini we edip bilýänje zatlarymy gymmat saýýandygyny bilýärin».
ÝEHOWANYŇ PAÝHASLYLYGYNDAN GÖRELDE ALYŇ
18. Ata-eneler haýsy meselede Ýehowanyň göreldesine eýerip bilerler?
18 Biz Ýehowanyň paýhaslylyk häsiýetine nädip eýerip bileris? Geliň, Ýehowanyň Lut bilen özüni nähili alyp barandygy hakynda ýene-de bir gezek oýlanalyň. Ýehowa doly ygtyýarly Hudaý bolsa-da, Ol Luty mähirli diňledi we onuň haýyşyny bitirdi. Eger siziň çagalaryňyz bar bolsa, Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? Siz çagalaryňyzy ünsli diňläp, olaryň ýerlikli haýyşyny bitirip bilersiňizmi? 2007-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňinde» (rus.) ata-eneler maşgala düzgünlerini çagalary bilen bilelikde ara alyp maslahatlaşyp biljekdikleri barada aýdylypdy. Aýdaly, ata-eneler çagalarynyň öýe belli bir wagtda gelmelidigini çözýärler. Elbetde, olaryň muny talap etmäge haky bar. Emma mesihçi ata-eneler bu babatda çagalarynyň hem pikirini sorap bilerler. Eger Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelmese we olary howply ýagdaýa salmasa, onda ata-eneler çagalarynyň teklibi bilen razylaşyp bilerler. Ata-eneler maşgala düzgünleri babatda çagalarynyň pikirini göz öňünde tutsalar gowy bolar. Şonda çagalar düzgünleriň paýhaslydygyna düşünip, olara höwes bilen eýererler.
19. Ýygnak ýaşululary Ýehowanyň paýhaslylyk häsiýetine nädip erip bilerler?
19 Ýygnak ýaşululary imandaşlarynyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, Ýehowanyň paýhaslylyk häsiýetine eýermäge jan edýärler. Ýadyňyzda bolsa, Ýehowa hatda garyp ysraýyllynyň hem gurbanyny gymmat saýýardy. Şu günler hem käbir dogan-uýalar köp wagyz edip bilmeýärler. Ähtimal, muňa olaryň saglyk ýagdaýy ýa-da gartaşanlygy sebäp bolýandyr. Belki-de, bu mähriban dogan-uýalar ýagdaýlarynyň çäklidigine ruhdan düşýändir. Ýaşulular olara mähirli sözleri aýdyp, iň gowy zadyny berýändikleri üçin Ýehowanyň olary söýýändigine ynandyryp bilerler (Mar. 12:41—44).
20. Hudaýa paýhasly gulluk etmek nämäni aňladýar?
20 Paýhasly bolmak — bu özüňe haýpyň gelip, Hudaýa azrak gulluk etmelidigini aňlatmaýar (Mat. 16:22). Eger biz köpräk gulluk edip bilýändigimize garamazdan, wagza az wagt sarp etsek we paýhasly bolmaly diýip özümizi aklasak nädogry bolardy. Gaýtam, biziň hemmämiz Patyşalyk işlerini goldamaga «çalyşmaly» (Luka 13:24). Diýmek, biz iki prinsipi dogry ulanmaga jan etmeli. Birinjiden, biz Hudaýa edýän gullugymyzy gowşatmaly däl. Ikinjiden, Ýehowanyň bizden başarmajak zadymyzy talap etmeýändigini unutmaly däl. Eger biz Hudaýa iň gowy zadymyzy bersek, onda Onuň göwnünden turýandygymyza ynamly bolup bileris. Biz şeýle paýhasly we gadyrymyzy bilýän Hudaýymyza gulluk edýändigimize begenmeýärismi näme? Biz indiki makalada Ýehowanyň başga iki häsiýeti barada gürrüň ederis (Zeb. 73:28).
a Kanun taglymaty 15:7 Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerindäki galalarda ysraýyl doganyňyzyň biri mätäçlik çekse, doňýürek bolmaň, zada mätäç doganyňyz üçin eliňizde baryny aýamaň.
b Gelip çykyş 19:20 Şu golaýda kiçijik bir gala bar. Ol kiçi ahyryn?! Özümi şol ýere atmaga maňa ygtyýar etseň, men ölümden halas bolaryn.
c Gelip çykyş 19:21 Ol Luta: «Bolýar, seniň haýyşyňy ýerine ýetirerin. Men ol diýýän galaňy weýran etmerin. 22 Sen basym gaç, çünki sen ol ýere baryp ýetýänçäň, men hiç zat edip bilmerin» diýdi. Şoňa görä-de ol gala Sogar diýlip atlandyryldy.
d Lewiler 5:11 Eger günäliniň iki gumra ýa-da iki kepderä gurby çatmaýan bolsa, onda ol eden günäsi uçin sadaka hökmünde, ondan bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy getirsin. Onuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn ýa-da ýakymly ysly tütetgi goýulmasyn, çunki bu günä üçin gurbanlykdyr.