Ýehowa özüni aklaýanlara nähili garaýar?
«ADAM: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi. Aýal bolsa: «Ýylan meni aldap iýdirdi» diýdi. Adamzat taryhynyň başlangyjynda ilkinji ynsan Adam ata bilen How ene Hudaýa şeýle sözleri aýdyp özüni aklady (Gel. çyk. 3:12, 13).
Adam ata bilen How enäniň bilgeşleýin günä edendigi üçin Ýehowanyň beren jezasy, olaryň özüni aklamagyny makul bilmändigini aýdyň görkezýär (Gel. çyk. 3:16—19). Ýehowa ähli ýagdaýlarda özüňi aklamagy makullamaýarmy? Ýa-da käbir ýagdaýlarda özüňi aklamagy ýerlikli hasaplaýarmy? Onda özüňi aklamagyň ýerlikli hem ýerliksizdigini nädip bilip bolar? Bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin, geliň, ilki bilen, özüňi aklamagyň nämedigini bileliň.
Özüňi aklamak bu näme üçin bir zady edendigiňi, etmändigiňi, ýa-da etmejekdigiňi düşündirmegi aňladýar. Eden ýalňyşyňa delil getirilip, düşündirilende we bagyşlanar ýaly ýürekden ötünç soralanda, özüňi aklamak ýerlikli bolup biler. Emma Adam ata bilen How ene günä edende, özüni aklamak üçin hakykaty sözlemän bahana tapdylar. Özüňi aklamak adaty zat bolsa-da, köplenç adam özüni aklanda, ondan müňkür bolýarlar.
Biz, esasanam, Hudaýa gulluk edende özüňi aldamakdan ägä bolmaly (Ýakup 1:22). Geliň, «Rebbiň pisindi oturjak zady aňlamaga» kömek edýän Mukaddes Ýazgylardan käbir mysallara hem prinsiplere seredeliň (Efes. 5:10).
Hudaý bizden näme talap edýär?
Biz Hudaýyň Sözünden Ýehowanyň halkynyň ýerine ýetirmeli aýratyn tabşyrygynyň bardygyny bilýäris. Meselem, Isanyň: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň» diýen tabşyrygyny şu günlerem ähli mesihçiler berjaý edýär (Mat. 28:19, 20). Bu tabşyrygy berjaý etmegiň wajyplygy barada Pawlus resul şeýle diýdi: «Hoş Habary wagyz etmesem, waý meniň halyma!» (1 Kor. 9:16).
Muňa garamazdan, biz bilen köp wagtdan bäri Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlaryň käbiri Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmäge çekinýär (Mat. 24:14). Öň hoş habary wagyz eden käbir mesihçiler bolsa, şu wagt wagyz etmegini goýdy. Käte olaryň käbiri wagyz etmeýänini nähili düşündirýär? Geçmişde Ýehowa aýratyn tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge ýaýdanýan adamlara nähili garady?
Hudaý bahana gözlemegi makul bilmeýär
«Bu örän kyn». Esasanam, çekinjeň adamlara hoş habary wagyz etmek örän kyn bolup görünmegi mümkin. Emma bu babatda Ýunusyň mysalyndan näme öwrenip bolýandygyna seredeliň. Ol Ninewäniň ýaşaýžylaryna Ýehowanyň hökümini yglan etmek ýumşy ýerine ýetirmegi gaty kyn gördi. Onuň bu ýumşy näme üçin kyn görendigine düşünse bolýar. Ninewe Aşuryň paýtagtydy, aşurlylar bolsa, gaty zalymlygy bilen tanalýardy. Ýunus şeýle pikir eden bolmaly: «Men bu halkyň arasyna nädip baraýyn? Olar maňa näme ederler?» Ol derrew uzak ýere gaçyp gidýär. Emma Ýehowa onuň tapan bahanasyny makul bilmeýär. Ýehowa ony ýene-de Ninewä wagyz etmäge iberýär. Ýunus Hudaýyň ýumşuny batyrgaýlyk bilen berjaý edende bolsa, Ýehowa oňa ak pata berdi (Ýunus 1:1—3; 3:3, 4, 10).
Sen hem hoş habary wagyz etmegi kyn görseň, «Hudaý üçin ähli zadyň mümkindigini» unutma (Mar. 10:27). Ýehowadan güýç berer ýaly kömek dileseň we batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge tagalla etseň, onuň pata berjekdigine ynanyp bilersiň (Luka 11:9—13).
«Meniň höwesim ýok». Sen ýürekden wagyz edesiň gelmese, näme edip bilersiň? Ýehowanyň ýüregimize täsir edip, isleg döredip bilýändigini ýatdan çykarma. Pawlus resul şeýle diýdi: «Öz halaýşyna görä, sizde hem islemegi, hem-de emele getirmegi hasyl edýän Hudaýdyr» (Flp. 2:13). Şol sebäpli Ýehowanyň islegini berjaý etmäge höwesiň bolar ýaly, ondan diläp bilersiň. Dawut patyşa hem: «Meni Öz hakykatyňda gezdir» diýip doga edipdi (Zeb. 25:4, 5). Sen hem Ýehowa ýaraýan zatlary berjaý etmäge höwesiň bolar ýaly, erjellik bilen doga edip bilersiň.
Käte ýadow ýa-da göwnüçökgün wagtymyz ýygnak duşuşyklaryna barmaga we wagyz etmäge özümizi mejbur etmeli bolýarys. Bu biziň Ýehowany söýmeýändigimizi görkezýärmi? Ýok, beýle däl. Geçmişde Hudaýyň wepaly gullukçylary hem Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin tagalla etmeli bolýardy. Meselem, Pawlus resul Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin «tenimi horlaýaryn» diýdi (1 Kor. 9:26, 27). Biz Hudaýa gulluk eder ýaly elimizde baryny etsek, Ýehowanyň ýalkajakdygyna ynanyp bileris. Näme üçin? Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin edýän tagallamyz, Ýehowa bolan söýgimizi görkezýär. Şeýdip, biz Şeýtanyň: «Hudaýyň gullukçylary synaga düşende, Ony inkär ederler» diýen töhmetini ýalana çykarýarys (Eýýup 2:4).
«Meniň wagtym ýok». Biz Hudaýa gulluk eder ýaly, wagtymyzyň ýokdugyny duýsak, durmuşda nämäni esasy orunda goýýandygymyza täzeden seretmeli. Isa: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny... agtaryň» diýdi (Mat. 6:33). Isanyň bu maslahatyna eýermek üçin belki, sen durmuşyňy ýönekeýleşdirmeli ýa-da göwün açmalara sarp edýän wagtyňy wagza sarp etmeli bolarsyň. Elbetde, göwün açmalaryň we başga şahsy işleriň hem durmuşda öz orny bar, emma olar wagyz etmezlige bahana bolmaly däl. Hudaýyň gullukçysy durmuşynda birinji orunda Hudaýyň Patyşalygyny goýmaly.
«Meniň ukybym ýok». Belki, sen, hoş habary wagyz etmegi başarmaryn diýýänsiň. Gadymy döwürde Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň käbiri hem Ýehowanyň beren ýumşuny ýerine ýetirip bilmerin öýdýärdi. Geliň, Musa pygamberiň mysalyna seredeliň. Ýehowa oňa aýratyn ýumuş berende, ol: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi. Ýehowa oňa göwünlik berse-de, Musa: «Eý, Taňrym, ýalbarýaryn, şol ýere maňa derek başga birini iberäýsene» diýdi (Müs. çyk. 4:10—13). Ýehowa muňa nähili garady?
Ýehowa bu ýumşy başga birine bermedi. Musa bu ýumşy ýerine ýetirip biler ýaly, Ýehowa Haruny kömekçi edip belledi (Müs. çyk. 4:14—17). Hudaýyň beren ýumşuny Musa gowy berjaý eder ýaly, Ýehowa birnäçe ýylyň dowamynda ony goldap, kömek etdi. Şu günler Ýehowa tejribeli mesihçiler arkaly saňa-da gulluk etmäge kömek etjekdigine ynanyp bilersiň. Hudaýyň Sözünde Ýehowa tabşyrygyny berjaý etmäge ukyp berýändigi hakynda ýokarda aýdylypdy (2 Kor. 3:5) («Durmuşymyň iň bagtly günleri» diýen çarçuwa serediň).
«Göwnüme degdiler». Käbir mesihçiler göwnüme degdiler diýip, wagyz etmegi ýa-da ýygnak duşuşyklaryna barmagy goýýar we Ýehowa muny makullar öýdýär. Elbetde, biri göwnümize degende, lapykeç bolýarys, ýöne şol sebäpli wagyz etmän we ýygnaga barman özüňi aklamak ýerliklimi? Pawlus resul bilen Barnabasyň aralaryna «agzalalyk düşende» biri-biriniň göwnüne degen bolmaly (Res. iş. 15:39). Emma olar wagyz etmegini bes etdimi? Elbetde, ýok!
Dogan ýa-da uýa göwnümize degende, duşmanymyz bikämil imandaşymyz däl-de, eýsem bizi ýuwutjak bolýan Şeýtandygyny unutmaly däl. Biz «imanda berk dursak», Iblis maksadyna ýetip bilmez (1 Pet. 5:8, 9; Gal. 5:15). Seniň imanyň şeýle berk bolsa, «büdremersiň» (Rim. 9:33).
Ýagdaýymyz bolmasa näme etmeli?
Bahana gözlemek barada birnäçe mysallardan we Mukaddes Ýazgylardan Ýehowanyň aýratyn ýumşuny ýerine ýetirmezlige hem-de hoş habary wagyz etmezlige bahana gözlemegiň ýerliksizdigi görünýär. Muňa garamazdan, biz degerli sebäplere görä, Hudaýa köpräk gulluk edip bilmeýäris. Mukaddes Ýazgylara esaslanan borçlar sebäpli hem, biz köp wagyz edip bilmeýäris. Şeýle-de käwagt biz gaty ýadaýarys, agyr keselleýäris, şonuň üçin isleýşimiz ýaly Ýehowa kän gulluk edip bilmeýäris. Emma Hudaýyň Sözünde Ýehowanyň ýüregimiziň islegini we ýagdaýymyzyň çäklidigini bilýändigi aýdylýar (Zeb. 103:14; 2 Kor. 8:12).
Emma bu babatda biz özümizi we başgalary berk ýazgarmaly däl. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarýan sen kim? Ol öz hojaýynynyň öňünde durar» (Rim. 14:4). Ýagdaýymyzy başga biriniňkä deňemän, «her kişiniň özi üçin Hudaýa jogap berýändigini» unutmalyň (Rim. 14:12; Gal. 6:4, 5). Biz doga arkaly Ýehowa ýakynlaşanda we özümizi aklanda, her birimiz «sap ynsaply» bolmak isleýäris (Ýew. 13:18).
Näme üçin Ýehowa gulluk edip şatlanýarys?
Biziň ýagdaýymyz nähili bolaýanda-da, Ýehowa ýürekden şatlyk bilen gulluk edip bilýäris. Sebäbi onuň talaplary paýhasly we olary ýerine ýetirip bolýar. Näme üçin şeýle diýse bolýar?
Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Eliňden gelse, ýagşylygy edilmeli adamlardan gaýgyrma» (Sül. tym. 3:27). Bu tymsaldan Hudaýyň talaby barada nämäni bildiň? Ýehowa senden dogan-uýanyň elinden gelýän zady däl-de, eýsem seniň «eliňden gelýän» zady talap edýär. Biziň her birimiz güýjümiziň ýetdiginden az bolsun, köp bolsun, Ýehowa ýürekden gulluk edip bilýäris (Luka 10:27; Kol. 3:24).
«Durmuşymyň iň bagtly günleri»
Biz agyr keselesek ýa göwnüçökgün bolsak-da, pioner bolup gulluk edip bilmerin diýip, howlukmaç netijä gelmeli däl. Geliň, Kanadada ýaşaýan Ernest atly doganyň mysalyna seredeliň.
Ernest sakawlanýandygy üçin örän çekinjeňdi. Oňa agyr şikes ýetensoň, ol gurluşyk işini goýdy. Şol sebäpli, onuň maýyplygyna garamazdan, wagyz etmäge wagty köpdi. Ýygnak duşuşyklarynda berilýän maslahatlar, onda kömekçi pioner bolup gulluk etmäge güýçli höwes döretdi. Emma ol kömekçi pioner bolmagy başarmaryn öýdýärdi.
Ol kömekçi pioner bolup gulluk edip bilmeýänini özüne subut etmek üçin, bir aý kömekçi pioner bolar ýaly anketa doldurýar. Haçan-da ol kömekçi pioneriň sagadyny tabşyryp bilende, örän geň galýar. Soňra ol öz içinden: «Men indi hiç haçan muny başarmaryn» diýýär. Muny-da özüne subut etmek üçin ikinji aý hem anketa doldurýar we ýene-de normasyny tabşyrýar.
Ernest bir ýyl kömekçi pioner bolup gulluk etse-de: «Men hiç haçan pioner (doly wagtly) bolup gulluk edip bilmerin» diýýär. Ol ýene-de muny özüne subut etmek üçin doly wagtly gulluk etmäge anketa doldurýar. Haçan-da ol bir ýyl pioner bolup gulluk edensoň, öz-özüne haýran galýar. Ernest pioner bolup gulluk etmegi ýüregine düwdi we iki ýyl ömrüniň ahyryna çenli şatlykly gulluk etdi. Ernest agyr şikesiň ýetiren zyýany sebäpli aradan çykdy. Ol ölüminiň öňüsyrasynda görmäge gelen dogan-uýalara köplenç gözüne ýaş aýlap: «Meniň Ýehowa pioner bolup gulluk eden ýyllarym durmuşymyň iň bagtly günleri» diýýärdi.