Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr17 Oktýabr sah. 1
  • «Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma
  • Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2017)
  • Sözbaşylar
  • OKTÝABR 2—8
  • Ýehowa seniň gulak asýandygyň gadyryny bilýär
Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2017)
mwbr17 Oktýabr sah. 1

«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin gollanma

OKTÝABR 2—8

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | DANYÝEL 7—9

«Danyýel Mesihiň geljekdigi barada pygamberlik etdi»

it «70 hepde», abz. 19

Günäniň we jenaýatçylygyň soňy. Isanyň öldürilmegi, onuň direlmegi we göge galmagy bilen jenaýatjylyk ýok edilip, günäleriň soňuna çykyp we etmişlerden saplanyldy (Dan. 9:24). Kanun ähti ýehudylary günäkär hökmünde paş edýärdi we ýazgarýardy. Ähti bozandyklary üçin näletleýärdi. Musa berlen kanun arkaly günäniň aýan bolmagy bilen, „günäniň köp ýerinde“ Hudaýyň Mesihi arkaly merhemeti we rehimdarlygy has-da köp aýan bolýardy. (Rim. 5:20). Mesihiň gurbanlygy arkaky toba edýän günäkärleriň jenaýatçylygy we günäsi aýrylyp biler, göz öňünde tutulan jezadan bolsa boşadylyp bilner.

it «70 hepde», abz. 11

Mesih 69 hepdeden peýda bolar. Ýetmiş hepdä degişli, ikinji döwri öz içine alýan „altmyş iki hepde“ „ýedi hepdäniň“ gutaran badyna başlaýar. Diýmek, Ierusalimi gaýtadan dikeltmek barada „karar çykandan“, „Hökümdar Mesihe“ çenli 7 hepde we 62 hepde — 483 ýyl, b. e.öň 455-nji ýyldan b. e. 29-njy ýylyna çenli dowam edýär. Ýokarda bellenişi ýaly, Isa b. e. 29-njy ýylyň güýzünde suwa çümdürilip, Mukaddes Ruh bilen mesh edildi we „Hökümdar Mesih“ hökmünde öz gullugyna başlady (Luk. 3:1, 2, 21, 22).

it «70 hepde», abz. 13, 16

Ýarym hepdede „öldürilýär“. Jebraýyl Daniýele şeýle diýýär: „Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz“ (Dan. 9:26). „Ýedi hepde we altmyş iki hepde“ gutarandan birnäçe wagytdan soň, takmynan üç ýarym ýyl geçenden soň, Mesih adamzat üçin töleg hökmünde ähli zadyny berip, jebir pürsüsinde öldürildi. (Işaýa 53:8). Isanyň „hepdäniň“ birinji bölegini gulluga bagyş edenligine subutnamalar bar. B.e. 32-nji ýylynyň güýz aýlary bolmagy mümkin, ol bir gezek ýehudy halkyny „üç ýyldan“ bäri miwe bermeýän injir agajyna (Matta 17:15—20; 21:18, 19, 43) meňzedip bir mysal getirýär. Bagban üzümçiligiň eýesine „Hojaýyn, gel, muňa ýene bir ýyl degmäli. Men onuň düýbini ýumşadaryn-da, oňa dökün dökerin. Belki, ol miwe berer. Eger bermese, şonda ony çapyp aýraý“ diýýär (Luk. 13:6—9). Mümkin, Isa gulak asmazak halka wagyz eden döwrüni göz öňünde tutan bolmaly. Şol wagytlar ol eýýäm üç ýyla golaý gulluk edipdi we tizden gullugynyň dördinji ýyly başlanylmalydy.

it Ýetmiş hepde

Ýarym hepde bu ýyl hepdesi başlandan üç ýarym ýyly geçenden soň, ýediýyllyk döwriň ýarysy bolýar. Ýetmişinji „hepde“ takmynan b. e. 29-njy ýylynda başlany üçin, haçanda Isa suwa çümdirilip Mesih hökmünde bellenende, bu hepdäniň birinji ýarymy (üç ýarym ýyl) b. e. 33-nji ýylynyň bahar aýlaryna çenli, ýa-da şol ýylyň Pesah baýramyna (14 nisan) çenli dowam etdi. Grigorian kalendary boýunça bu gün b. e. 33- nji ýylynyň 1-nji apreline gabat gelýän bolmaly (Serediň: Ýatlama agşamy (haçan girizildi)). Pawlusyň aýtmagyna görä, Isa Hudaýyň yradasyny berjaý etmäge geldi ikinji zatlary ýola goýmak üçin birinjini (Kanunyň talap edýän mal gurbanlary we başga gurbanlary) aradan aýyrdy.Ol muny öz janyny gurban bermek bilen ýerine ýetirdi (Ýew. 10:1—10).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w01 15/5 sah. 27

Okyjylaryň sowallary

Danyýel 9:24-däki pygamberlige görä, „iň mukaddes“ haçan seçip saýlandy?

Danyýel 9:24—27-nji aýatlardaky pygamberlikde „Hökümdar Mesihiň“ peýda boljagy barada aýdylýar. Diýmek, bu ýerde Ierusalimdäki ybadathananyň „iň mukaddes otagynyň“ patalanmagy barada aýdylmaýar. Bu ýerde „Iň mukaddes otag“ sözi Ýehowanyň beýik ruhy ybadathanasyndaky göklere degişli ybadathanasyny görkezmek üçin ulanylýar. (Ýew. 8:1—5; 9:2—10, 23).

Hudaýyň ruhy ybadathanasy haçan hereket edip başlady? Geliň, Isanyň b. e. 29-njy ýylynda suwa çümdirilende bolan waka seredeliň. Isanyň durmuşynyň edil şol döwrinde Zebur 39:7-9 daky sözler berjaý bolup başlady. Isanyň Hudaýa nähili doga edenligi barada Pawlus resul şeýle ýazdy: „Sen mal gurbanlarynyň we başga gurbanlaryň berilmegini islemediň, gaýtam, maňa bir beden taýarladyň“ (Ýew. 10:5). Isa Ierusalim ybadathanasyna mal gurbanlaryny getirmegi dowam etmeklerini Hudaýyň „islemeýänligini“ bilýärdi. Munuň ýerine Ýehowa gurbanlyk getirmek üçin Isanyň kämil bedenini taýynlady. Isa tüýs ýürekden gulluk etmek üçin şeýle diýdi: „Ine, Ýazgylarda men hakda aýdylyşy ýaly, eý Hudaýym, men seniň islegiňi berjaý etmek üçin geldim“. Ýehowa muňa nähili jogap berdi? Mattanyň Hoş Habarynda şeýle ýazylan: „Isa suwa çümdirilip, derrew ondan çykdy. Ine, gök açyldy we Ýahýa Hudaýyň ruhunyň kepderi kimin Isanyň üstüne inip gelýändigini gördi. Şonda gökden: „Bu meniň söýgili Oglum, men ondan razydyryn“ diýen ses eşidildi“ (Mat. 3:16,17).

Haçanda Ýehowa Huday Isanyň bedenini gurbanlyk hökmünde makullanda, Ierusalim ybadathanasyndaky gurbanlyk sypasyndan hem uly gurbanlyk sypasy peýda bolýar. Bu Hudaýyň islegini Isanyň janyny gurbanlyk hökmünde kabul etmegi göz öňünde tutanlygyny görkezýän alamatdy. (Ýew. 10:10). Isanyň Mukaddes Ruh bilen bellenmegi, Hudaý ähli gurnan ruhy ybadathanasyny herekete getirenligini aňladýardy. Şonuň üçin, Isanyň suwa çümdirilen wagty gurnalan beýik ruhy ybadathananyň „iň mukaddes otagy“ hökmünde Hudaýyň gökdäki mekany mesh edildi ýa-da saýlandy.

w07 1/9 sah. 20, abz. 4

Daniýel kitabyndan peýdaly pikirler

9:27 Ýetmiş ýylly hepdäniň ahyrynda, ýagny b. e. 36-njy ýylynda nähili äht «güýjüni ýitirmeýär»? B. e. 33-nji ýylynda Isa pürse çüýlenende Kanun ähti ýatyrylýar. Emma Ybraýym bilen baglaşylan äht b. e. 36-njy ýylyna çenli ysraýyllylar üçin güýjüni ýitirmeýär. Ýehudylar Ybraýymyň nesli bolany üçin Ýehowa olara aýratyn hoşamaýlyk bildirmegini dowam edýär. «Hudaýyň Ysraýyly» üçin bolsa Ybraýymyň ähti güýjüni ýitirmeýär (Galatýalylar 3:7—9, 14—18, 29; 6:16).

«Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwreniň»

g12.02 sah. 18—20

Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip gyzykly geçirmeli?

Ýaşlaryň sowallary

Mukaddes Ýazgylary aslynda näme üçin öwrenmek gerek? Şu zatlar hakda oýlan:

Mukaddes Ýazgylar saňa hakyky hazynany tapmaga kömek eder. Ol dünýäde iň meşhur kitap...

Saňa hakykatdan-da kanagatlandyryjy ýaşaýşy alyp barmak üçin nädip taýýarlyk görmelidigini görkezer;

Hiç ýerden okap bilip bolmaýan geçen we gelejekki zatlar barada aýdyp berer;

Özüňi tanamaga we has gowulaşmaga kömek eder.

Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin yhlas etmeli, ýöne bu edeniňe degýär! Käbir oglan-gyzlaryň Mukaddes Ýazgylary barlag geçirişi barada bilesiň gelýärmi? Aşakda seniň deň-duşlaryň öz kynçylyklaryny ýeňşi we Mukaddes Ýazgylar okuwyny peýdaly hem gyzykly edip geçirişi barada gürrüň berilýär.

“Her kim özi üçin Mukaddes Ýazgylardan gyzykly zady tapyp biler. Gözleg geçirmek üçin mümkinçilikler çäksiz!“ (Waleri)

„Ýaşlaryň sowallary“ bölümindäki başga makalalary www.jw.org saýtyndan tapsa bolýar.

Mukaddes Ýazgylaryň saňa-da şeýle peýdaly boljakdygy barada has köp bilmek üçin ýanyňyzda ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlaryna ýüzlen ýa-da 5-nji sahypada görkezilen salgylaryň birinden žurnalyň neşirýatçylaryna ýaz.

Mukaddes Ýazgylary nädip öwrenmeli

Kynçylyk: Islegiň ýok

“Bir sagatlap oturyp Mukaddes Ýazgylary öwrenmek hemişe gyzykly bolup görünmeýär“ (Lina)

Saňa gerek zat: Bir zat höweslendirsin

Mukaddes Ýazgylary öwrenmek saňa ýakymly bolar ýaly, şu soraga jogap tapjak bol: “Men ondan özüme nähili peýdaly zat tapyp bilerin?“ Sen Hudaý bilen dost bolmak, bolup geçýän wakalara gowy düşünmek we öz gylyk-häsiýetleriňi kämilleşdirmek islegiň barmy? Mukaddes Ýazgylar saňa bu maksatlara we ondanam has köp zada ýetmäge kömek eder!

“Muňa iş ýa-da mekdep ýumşy hökmünde garama. Mukaddes Ýazgylary öwrenmekligi dünýäde iň gowy dostuň Ýehowa Hudaýa ýakynlaşmak hökmünde kabul et“ (Betani)

“Şahsy okuw - Ýehowa Hudaý bilen hut öz geçirjek wagtyňdyr. Eger-de sen kimdir biri bilen diňe ene-ataň öýde bolanda wagtyňy bile geçirýän bolsaň, onda ol adam seniň dostuňmy ýa-da eneň-ataň dosty bolýar? Eger sen Mukaddes Ýazgylary özüň öwrenseň, Ýehowa seniň dostuň bolup biler“ (Býanka)

Ýadyňda bolsun: “Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp, öwretmek, käýemek, dogry ýola getirmek we Hudaýyň dogry kadalary boýunça terbiýelemek üçin peýdalydyr“ (2Tim 3:16). Mukaddes Ýazgylar saňa-da bu meselede kömek edip biler!

“Men alýan peýdama ünsli bolmaga jan edýärin. Eger maňa käbir häsiýetler ýetmezlik edýän bolsa, ony görmäge we düzelmäge şahsy okuwym kömek edýär“ (Maks)

Näme barada oýlanmaly:

Sen nähili sebäbe görä öwrenip bilersiň?

Kynçylyk: Ýürek gysgynç

“Öwrenmäge başlanyma 10 minut geçende men ýadaýan, 20 minutdan başga işleri edesim gelýär, 30 minutdan bolsa öler ýaly ýüregim gysýar!“ (Elison)

Saňa gerek zat: Döredijilikli usul

Nähili şertde, nämäni we nädip öwrenjekdigiňi göz öňuňe getirip oýlan.

“Özüňde döreýän soraglary ünsli gözleg geçir. Seni biynjalyk edýän meselelere düşüneniňde, kanagat we şatlyk duýgusy döreýär“ (Riçard)

“Okanyňda özüňi şol ýerde baş gahryman ýa-da gapdaldan synlaýan hökmünde göz öňüňe getir. Bolup geçýän zatlary göz öňüňde janlandyrjak bol“ (Stiwen)

“Okuwyňy gyzykly geçir. Tebigata çyk, ýanyň bilen içere zat al. Men okap otyrkam nämedir bir zatlary iýmegi gowy görýärin. Belki, başgalarda-da şeýle endik bardyr.“ (Aleksandra)

Ýadyňda bolsun: ýüregiň gysmagy bu seniň duýgularyň. Şonuň üçin “bu ýürek gysgynç“ diýmegiň deregine “meniň üçin ýürek gysgynç“ diý. Seniň garaýşyň diňe saňa baglydygyny unutma. Şeýdip sen ýagdaýy öz eliňde saklarsyň we nämedir bir zatlary özgerdip bilersiň (Sül. tym. 2:10, 11).

“Şahsy okuwyň ýürek gysgynç bolmagy mümkin däl. Sen ony nähili edip geçirseň, ol şeýle-de geçer“ (Wanesa).

Näme barada oýlanmaly:

Sen okuwyňy nädip döredijilikli geçirip bilersiň?

Kynçylyk: Wagtym ýok

“Men Mukaddes Ýazgylary köpüräk öwrenesim gelýär, ýöne meniň çylşyrymly gün tertibimde iň kyn zat — wagt tapyp oturmak!“ (Merýem)

Saňa gerek zat: Ileri tutmaly zatlary anyklamak

Adam ulalanda “iň wajyp zatlara“ göz ýetirmegi öwrenýär (Flp. 1:10)

“Ejem maňa wagtyň öz-özünden döremejegini, ony özüň döretmelidigini düşünmäge kömek etdi. Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin islegimi artdyryp başlanymda, wagtymam tapylýardy“ (Nataniýa)

“Ulalyp men okuw üçin wagtyňy planlaşdyrmalydygyna düşündim. Şonda men Mukaddes Ýazgylary durmuşymda nämeler bolup geçýäninem bolsa öwrenip başladym“ (Ýolanda)

“Birinji öwrenip, soň dynç alsaň, öwrenmek has-da ýakymly bolýar. Şonda arassa ynsap bilen dynç alyp bolýar“ (Diana)

Ýadyňda bolsun: eger ileri tutmaly zatlaryňy tertipleşdirmeseň öz wagtyň hojaýyny däl-de, guly bolarsyň. Has gowusy ýagdaýy öz eliňe alyp, öwrenmek üçin wagyt sarp etmeli (Ef 5:15, 16)

“Ýokary synpda okaýanym üçin meniň işlerim gaty kän. Şoňa garamazdan gün tertibime Mukaddes Ýazgylar okuwyny girizmegi ýatdan çykarmazlyk üçin jan edýärin“ (Jordan).

Näme barada oýlanmaly:

Sen şahsy okuwyň nähili tertibini düzüp bilerdiň?

Ýaşdaşlaryň maslahatlary

Zakari: “Diňe eneň-ataň ýa-da başgalaryň gözleg geçirýän meselelerini öwrenmek bilen çäklenme. Şahsy okuw diýlende bu seniň öz bilesiň gelýän zadyňy aňladýar“

Keýli: “Azajykdan başla. Iň bolmanda 5 minutdan, ýöne her gün. Kem-kemden wagtyňy 10, soň 15 minuda çenli köpeldip bolýar... Şeýdip islegiň artar“.

Daniýela: “Maýda-çüýde zatlara-da köp zat bagly. Owadan bloknoty we ruçkalary taýýarla. Ýa-da öz kompýuteriňde “Şahsy okuw “ atly faýl döret”

Jordan: “Eger men öz halaýan temamy saýlasam, onda okuwyma köpüräk wagt sarp edip bilýärin. Ýene-de maňa ümsüm ýer gerek, men gohly erde öwrenip bilmeýärin”.

OKTÝABR 9—15

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | DANYÝEL 10—12

«Ýehowa geljekki patyşalary öňünden aýtdy»

dp sah. 212, 213, abz. 5, 6

Bir-biriniň garşysyna göreşýän iki patyşa

5 Ilkinji üç patyşa Beýik Kir, Kambis II we Dariý I (Gistaps). Bardiýa (ýa-da, başganyň adyny alan Gaumata bolmagy mümkin), bary-ýogy ýedi aý höküm sürýär, pygamberlikde onuň gysga wagt dolandyrmagy göz öňünde tutlmaýar. B. e. öň 490-njy ýylda üçünji patyşa Dariý I ikinji gezek Gresiýäni basyp aljak bolýar.Ýöne Marafonuň golaýynda söweşde parslar ýeňilýär we Kiçi Aziýa tarap yza çekilýärler. Daryi Gresiýanyň garşysyna indiki ýörişe pugta taýynlanýar, ýöne ýörişini başlap bilmän, dört ýyl geçensoň ölýär. Bu işi onuň ogly we mirasdüşeri „dördünji“ patyşa Kserks I dowam etmelidi. Bu Estere öýlenen, Aheşweroş patyşanyň hut özüdi (Ester 1:1, 2:15—17).

Kserks I hakykatdan-da „Gresiýanyň patyşalygynyň garşysyna hemmeleri aýaga galdyrdy“, dogrusy, öz garaşsyzlygyny goraýan grek şäherleriň döwletleriň garşysyna çykdy. „Şöhratparaz köşk adamlaryň öjükdirmegi bilen, Kserks gury ýerde we deňizde hüjüm edip başlady“ dylip mido-parslar baradaky kitapda aýdylýar. (The Medes and Persians Conguerors and Diplomats). B.e. öň V asyryň gadymy grek taryhçysy Gerodot „bu goşun bilen hiç bir goşuny deňäp bolmaýardy“ diýip ýazýar. Onuň ýazan işinde: „Ähli aziya flotunyň komandasy 517 610 adamdan ybaratdy. Parslaryň pyýada goşunlary 1 700 000 ýetýärdi, atly goşuny bolsa, 80 000 adamdan ybaratdy. Munuň üstüne-de araplary dyýeleri bilen, şeýle-de liwiýeleri bolsa harby arabalary bilen goşmaly; eger gämi esgerlerini we gury ýer goşunlaryny bilelikde umumy sanyny alsaň, onda jemi 2 317 610 adam bolar“ diýip aýdylýar.

dp sah. 213, abz. 8

Bir-biriniň garşysyna söweşýän iki patyşa

8 Perişde: „Soňra güýçli bir patyşa çykar. Ol beýik patyşalygy bilen höküm sürüp, öz islänini eder“ diýip aýytdy. (Danyýel 11:3). B. e. öň 336- njy ýylda 20 ýaşly Aleksandr Makedoniýanyň patyşasy boldy. Ol „güýçli patyşa“ — Beýik Aleksandr boldy. Öz kakasy Filip II-niň planyny amala aşyryp, Aleksandr Orta Gündogaryň pars welaýatlaryny basyp aldy. Ýefrat we Tigr derýalaryndan geçip, Aleksandryň 47-müňlerçe goşuny Gawgamelde bolan söweşde Dariý III-niň 250 000 müň adamly goşunyny derbi-dagyn etdi. Dariý gaçýar we ol öldürilýär. Şeýdip, pars dinastiýasy dolanmagyny bes edýär. Gresiýa bütindünýä döwleti bolýar we Aleksandr „beýik patyşalygy bilen höküm sürüp we öz islänini “ edip başlady.

dp sah. 215, abz. 11

Bir-biriniň garşysyna göreşýän iki patyşa

11 Isgenderiň ölmegi bilen, onuň döwleti „çar tarapa bölündi“. Isgenderiň köpsanly goşun serkerdeleri döwletiň territoriýasynyň üstünde göreşip, özarasynda tersleşdiler. Ýeke gözli serkerde Antigon I Isgenderiň ähli imperiýasyny özüne tabyn etjek bolup synanyşdy. Ýöne ol Frigiýada Ipsiň golaýynda söweşde ölýär. B. e. öň 301-nji ýylda Isgenderiň basyp alan ägirt uly territoriýasynda dört sany serkerdesi dolandyrýardy. Kassandr Makedoniýany we Gresiýany dolandyrýardy. Kiçi Aziýany we Frakiýany Lisimah alýar. Ptolemeý Soter bolsa Müsürde we Palestinede höküm sürýärdi. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Isgenderiň ägirt uly imperiýasy dört sany ellinizm (grek) patyşalygyna böldiler.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w13 15/7 sah. 13, abz. 16, çykgyt

«Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»

Danyýel 12:3-de: «Akylly adamlar (ýagny mesh edilen mesihçiler) asman şöhlesi deýin nur saçarlar» diýilýär. Olar ýer ýüzünde ýaşanda, hoş habary wagyz edip, nur saçýarlar. Emma Matta 13:43-de olaryň gökdäki Patyşalykda parlajak wagty barada aýdylýar. Öňler biz iki aýat hem bir zady, ýagny hoş habary wagyz etmegi aňladýandyr öýdýärdik.

dp sah. 315, abz. 18

Ýehowa Danyýele ajaýyp sylagy wada berýär

18 Danyýel kitaby Hudaýyň adamzada bir wagt beren wadalarynyň iň gowularynyň biri bilen tamamlanýar. Ýehowanyň perişdesi Danyýele: „Ahyrzaman güni täzeden direlip, sylag-serpaýyňy alarsyň“ diýdi. Perişde nämäni göz öňünde tutdy? Onuň rahatlykda gözüňi ýumarsyň diýip ýatlamagy bu ölümdi. Diýmek, haçandyr bir wagt Danyýele „direler“ diýlip berlen wada—diňe bir zady, ýagny direlişi aňladyp bilerdi. Käbir alymlar Danyýeliň 12 babynda ilkinji gezek Ýewreý Ýazgylarynda direliş barada agzalýar diýip nygtap geçýärler. (Danyýel 12:2).Ýöne olaryň bu aýdyýanlary nädogry. Direliş baradaky umyt Danyýele öňden tanyşdy.

OKTÝABR 16—22

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | HOŞEÝA 1—7

«Ýehowa wepaly söýgini bildirip şatlanýar. Senem şatlanýarmyň?»

w10 15/8 sah. 25, abz. 18

Diliňde «merhemet kanuny» bolsun

18 Ýehowanyň gullukçylary bilen gatnaşanymyzda, ähli ýagdaýlarda wepaly söýgimiz görünmeli. Kyn ýagdaýlarda-da dilimizde merhemet kanuny bolmaly. Ysraýyl ogullarynyň merhemeti «tiz aýrylýan çyg ýaly» bolanda, Ýehowa ýaramaýardy (Hoş. 6:4, 6). Ýöne biz hemişe merhemet etsek, Ýehowa halaýar. Merhemet edýänleri Ýehowanyň nähili ýalkaýandygyna seredeliň.

w07 15/9 sah. 16, abz. 8

Hoşea kitabyndan peýdaly pikirler

6:6. Günä etmeklik Hudaýa söýgiň we wepalylygyň ýetmeýändigini görkezýär. Olary ruhy gurbanlar bilen ýuwup bolmaýar.

w07 15/6 sah. 27, abz. 7

Ýehowa seniň gulak asýandygyň gadyryny bilýär

7 Gadymy döwürde Ýehowa halkyna mallary gurban bermekden gulak asmaklygyň wajypdygy barada aýdanyny ýada salalyň (Süleýmanyň tymsallary 21:3, 27; Hoşea 6:6; Matta 12:7). Ýehowa halkyna gurban bermegi tabşyran bolsa, onda näme üçin beýle diýdikä? Adamlar näme üçin gurban berýärdi? Şeýtmek bilen olar Hudaýa ýaranmak isleýärmidi? Ýa-da olar diňe däp-dessury ýerine ýetirýärmidi? Eger Hudaýyň gullukçysy hakykatdanam oňa ýaranmak islese, Hudaýyň ähli tabşyryklaryna gulak asardy. Hudaýa mal gurbanlary gerek däl, gulak asmaklyk, biziň berip biljek iň gymmatly zadymyzdyr.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w07 15/9 sah. 14, abz. 7

Hoşea kitabyndan peýdaly pikirler

1:7 Ýahuda öýüne haçan merhemet bildirildi we halas edildi? Bu sözler b. e. öň 732-nji ýylda Hizkiýa patyşanyň döwründe ýerine ýetýär. Şonda Ýehowa perişdesini iberip, Iýerusalime howp salýan Aşuryň 185 000 esgerini bir gijäniň içinde ýok etdirýär (4 Patyşalar 19:34, 35). Şeýdip, Ýehowa Ýahudany «ýaý, gylyç, uruş, atlar we esgerler bilen däl-de», perişdesi bilen halas edýär.

w05 15/11 sah. 20, abz. 16

Hoşeanyň pygamberligi hudaý bilen ýöremäge kömek edýär

16 Hudaý şu wadasyny hem berjaý etdi: «Şol gün halkymyň hatyrasyna ýabany haýwanlar, gökde uçýan guşlar we ýerdäki süýrenjiler bilen äht baglaşaryn, ýaýy, gylyjy we urşy bolsa ýurtdan ýok ederin. Olary howpsuzlykda ýaşadaryn» (Hoşea 2:18). Ýehudylaryň watanyna dolanan galyndysy howpsuzlykda ýaşadylar, hatda haýwanlardan hem gorkmadylar. Bu pygamberlik b. e. 1919-njy ýylynda hem ýerine ýetdi. Şonda ruhy Ysraýylyň galyndysy «Beýik Babyldan», ýalan diniň dünýä şalygyndan azat edildi. Häzir olar ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän ýoldaşlary bilen howpsuzlykda we ruhy jennetde ýaşaýarlar. Şol hakyky mesihçileriň arasynda wagşy gylyk-häsiýetler ýok (Ylham 14:8; Işaýa 11:6—9; Galatýalylar 6:16).

g05 8/9 sah. 12, abz. 2

Ýeriň ýüzünde haçan sazlaşykly ýaşaýyş dikeldiler

Hudaý özüne wepaly adamlara ýerdäki öýleriniň aladasyny etmegi öwreder, şonuň üçin Ýeriň ýaşaýjylary öň ýetip bilmedik, kämil sazlaşykly ýaşaýyşda ýaşarlar. Ol hat-da ähli ýabany haýwanlar bilen „äht ... baglaşar“, we olar adamlara boýun bolup, parahat ýaşarlar. (Hoşeýa 2:18; Gel. çyk. 1:26—28; Işaýa 11:6—8).

OKTÝABR 23—29

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | HOŞEÝA 8—14

«Ýehowa iň gowy zadyňy hödür et»

w07 1/4 sah. 20, abz. 1

Üstesine-de, biziň Ýehowa aýdýan öwgi sözlerimizi gurbanlyk hökmünde hasap edýändigini Mukaddes Ýazgylar görkezýär. Hudaýyň biziň aýdýan öwgi sözlerimizi gowy gurbanlyk hasap edýänligini, Hoşeýa pygamber „öküz gurbanlygyna derek alkyş gurbanlygyny hödür ederis“ diýen sözler bilen görkezýär (Hoşeýa 14:2). Pawlus resul ýewreý mesihçilerini: „Hudaýa öwgi gubanlaryny bereliň, ýagny agzymyz bilen onuň adyny hemmelere yglan edeliň“ diýip çagyrdy (Ýew. 13:15). Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary Hoş Habary wagyz etmegi we ähli halklardan şägirt taýýarlamagy yhlas bilen dowam edýärler (Matta 24:14; 28:19, 20). Bütin ýer ýüzünde gije-gündiz olar Hudaýa öwgi gurbanlaryny getirýärler (Ylham 7:15).

w11 15/2 sah. 16, abz. 15

Hudaýyň mährini gazanyp, ebedi ýaşaýşa gowşuň

15 Öküz bu ysraýyllylaryň Ýehowa gurban edip biljek iň gymmatly malydy. Şol sebäpli «dodaklarymyzyň ýaş öküzleri» diýen söz hak Hudaýy ýürekden şöhratlandyrmagy aňladýar. Ýehowa şeýle gurban berýän adamlara nähili garaýardy? Ol: «Men olary öz isleýşim ýaly söýerin» diýýär (Hoş. 14:4). Ýehowa öwgi gurbanlary berýän adamlaryň günälerini bagyşlaýar. Olar onuň mährini we dostlugyny gazanyp bilerler.

jd sah. 87, abz. 11

Ýokary kadalary saklap, Ýehowa gulluk et

11 Ondan başga-da, dogry ýoldan ýöräp, biz öz bähbidimize hereket edýänligimizi, Hoşeýa 14:9-daky sözler görkezýär.Hudaýyň kadalaryna laýyklykda ýaşap, biz pata alýarys. Ýaradyjymyz biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär. Onuň tabşyryklary biziň peýdamyza bolup durýar. Biziň Hudaý bilen gatnaşygymyzy awtomobil bilen ony işläp çykaranyň mysaly bilen düşündirse bollar. Awtomobili işläp çykaran onuň ýasalyşyndan başy gaty gowy çykýar. Ol wagtly wagtynda onuň ýagyny çalşyp durmalydygyny bilýär. Egerde sen awtomobil şeýlede gowy ýöreýärle diýip,onuň şeýle düzgünini äsgermezlik etseň näme? Ýagyny çalyşmasaň ol gaty tiz hatardan çykar. Edil şonuň ýaly, Ýaradyjymyz bize tabşyryklaryny berdi. Olary ýerine ýetirmek biziň peýdamyza (Işaýa 48:17, 18). Eger Hudaýyň tabşyryklary boýunça ýaşamagyň biziň peýdamyzadygyna dogry düşünsek, - onda olary ýerine ýetirmek aňsat bolar (Zebur 112:1).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w05 15/11 sah. 28, abz. 7

«Ýehowanyň ýollary gönüdir»

7 Biz Ýehowa hilesiz we dogry sežde etsek, onuň merhemetini ýa-da wepaly söýgüsini gazanarys. Pitneçi ysraýyllylara şeýle diýildi: «Özüňiz üçin dogrulykda tohum ekip, merhemet oruň. Ýehowany agtarmaga wagt barka, ol gelip dogrulygy öwredýänçä, sürüm ýerleri özüňiz üçin bejeriň» (Hoşea 10:12).

w11 15/8 sah. 10, abz. 10

Olar Mesihe garaşdylar

10 Mesih Müsürden çagyrylmalydy (Hoş. 11:1). Isany Hirodes patyşanyň elinden halas etmek üçin, perişde Ýusuba we Merýeme Isany alyp, Müsüre gaçmalydygyny aýtdy. Olar Müsürde Hirodes ölýänçä galdylar. Hirodes ölensoň, Ýusup Isany Ysraýyla getirdi. Ýehowanyň Hoşea arkaly: «Men Oglumy Müsürden çagyrdym» diýen sözleri berjaý boldy (Mat. 2:13—15). Elbetde, Isa doglan wagty we çagalygynda pygamberliklileriň ýerine ýetmegine täsir edip bilmeýärdi.

OKTÝABR 30—NOÝABR 5

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝOWEL 1—3

«Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz»

w02 1/8 sah. 15, abz. 4, 5

“Hudaýyň beýik işleri“ bilen höweslendirilen

4 Ierusalimdäki şägirtler mukaddes ruhy alyp, şol bada, irdenki gelen adamlardan başlap, hemmelere halas bolmak barada hoş habary gürrüň berdiler. Olaryň wagyz etmegi bilen Wafuiliň ogly Ýoweliň 800 ýyl ondan öň ýazan görnükli pygamberligi ýerine etdi. Ol ýerde: “Her bir adama öz ruhumdan dökerin. Şonda ogul-gyzlaryňyz pygamberlik eder, ýaşlaryňyz görnüşler, garrylaryňyz düýşler görer. Şol günler men ruhumy hatda gullaryma, gyrnaklaryma-da dökerin, Ýehowanyň beýik we şöhratly güni gelmezden öň bolar“ diýilýär (Ýowel 1:1; 2:28, 29, 31; Res. iş., 2:17, 18, 20).

Bu sözler Hudaýyň özüne Dawut, Ýowel we Debora ýaly, erkekdir we aýal pygamberler neslini bellejekdigini we olaryň üsti bilen gelejekki wakalary öňünden aýtjakdygyny aňladýarmy? Ýok. Ýehowanyň ruhy “ogullary“ we “gyzlary“, “gullary“ we “gyrnaklary“ Ýehowanyň öň eden we indi etjek “beýik işlerini“ wagyz etmäge höweslendirilmelidi we şol manyda olar pygamberlik etmelidi. Olar Allatagalanyň adyndan geplemelidi. Pentikost güni bolan wakalara halk nähili garady? (Ýew. 1:1, 2)

jd sah. 167, abz. 4

“Halklaryň arasynda yglan ediň“

Bu meselä başgaça seretsek, Ýehowa Hudaý Ýowel pygambere her hili adamlaryň haýsyda bolsa bir manyda pygamberlik etjek wagty barada aýtdy: “Soňky günlerde men her bir adama öz ruhumdan dökerin. Şonda ogul-gyzlaryňyz pygamberlik eder, ýaşlaryňyz görnüşler, garrylaryňyz düýşler görer“ (Ýowel 2:28—38). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Petrus resul bu sözleri Ierusalimde ýokarky otagda bolup geçen wakalara ulandy. Ol ýerde ýygnanyşanlara mukaddes ruh berilipdi we olar “Hudaýyň beýik işleri“ barada wagyz edip başlapdy (Res. iş. 1:12—14; 2:1—4, 11, 14—21). Indi häzirki günlerimize üns bersek, Ýoweliň pygamberligi XX asyryň başyndan bäri has uly möçberde ýerine ýetýär. Mukaddes ruh bilen mesh edilen erkekdir aýallar, ýaş we garry mesihçiler “pygamberlik edip“, ýagny “Hudaýyň beýik işleri“ barada, şol sanda gökde berkarar edilen Patyşalyk barada hoş habary wagyz edip başlapdylar.

w07 1/10 sah. 13, abz. 2

Ýowel we Amos kitabyndan peýdaly pikirler

2:32 — «Ýehowanyň adyny çagyrmak» nämäni aňladýar? Ýehowanyň adyny çagyrmak, onuň adyny bilmegi, oňa çuňňur hormat goýmagy, ynanmagy, bil baglamagy we şol ady götermegi aňladýar (Rimliler 10:13, 14).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w07 1/10 sah. 13, abz. 5

Ýowel we Amos kitabyndan peýdaly pikirler

2:12, 13. Hakykatdan toba etmek, bu çyn ýürekden toba etmegi aňladýar. Şeýle-de bu göz üçin «egin-eşigiňi ýyrtmagy» däl-de, «ýüregiňi paralamagy» aňladýar.

w07 1/10 sah. 13, abz. 3

Ýowel we Amos kitabyndan peýdaly pikirler

3:14 — «Höküm deresi» näme? Bu Hudaýyň hökümini berjaý edýän göçme manydaky ýer. Ýahudanyň patyşasy Ýehoşafatyň ady «Ýehowa meniň Kazymdyr» diýen manyny aňladýar. Ýehoşafatyň günlerinde Hudaý goňşy halkaryň harby goşunlaryny howsala salyp, ýehudylary halas edýärdi. Şol sebäpli ol ýere «Ýehoşofat deresi» diýilýär (Ýowel 3:2, 12). Üzümiň üzüm gysajynda gysylyşy ýaly, biziň günlerimizde milletler göçme manyda «Ýehoşofat deresinde» mynjyradylar (Ylham 19:15).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş