Isa Mesihe we onuň sadyk hyzmatkärine wepaly bolmak
«Agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar» (MATTA 24:45—47).
1, 2. a) Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, biziň Ýolbaşçymyz kim? b) Isa Mesihiň ýygnaga gowy gözegçilik edýändigi nämeden görünýär?
ISA şeýle diýdi: «Özüňize «Ýolbaşçy» diýdirmäň; çünki siziň Ýolbaşçyňyz birdir, Ol Mesihdir» (Matta 23:10). Ol şägirtlerine şeýle diýmek bilen ýer ýüzündäki adamyň olaryň ýolbaşçysy bolup bilmeýändigini görkezdi. Olaryň Ýolbaşçysy gökde, ýagny Isa Mesihiň özi bolmaly. Isany Hudaý ýolbaşçy edip belledi. Ýehowa «Mesihi ölümden direldip... Ony bütin zatlara baş bolar ýaly, imanlylar ýygnagyna berdi. Ýygnak Onuň tenidir» (Efesliler 1:20—23).
2 Isa Mesih mesihçiler ýygnagyndaky «bütin zatlara baş» bolany üçin, ýygnakdaky ähli işlere ýolbaşçylyk edýär. Ýygnagyň içinde bolýan ähli zatlary ol görýär. Ol Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolup, Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere görä ýaşaýan her bir mesihi toparyň ýa-da ýygnaklaryň ruhy ýagdaýyna ünsli syn edýär. Bu b. e. I asyrynyň ahyrynda Ýahýa resula berlen ylhamdan aýdyň görünýär. Isa ýedi ýygnaga bäş sapar seniň nämeler edýäniňi bilýärin diýdi, olaryň gowy we gowşak taraplaryny görkezip, maslahat berdi, ýagdaýyna görä ruhlandyrdy (Ylham 2:2, 9, 13, 19; 3:1, 8, 15). Şeýle-de biz Isanyň Kiçi Aziýadaky, Palestinadaky, Siriýadaky, Babiloniýadaky, Gresiýadaky, Italiýadaky we beýleki ýerdäki ýygnaklaryň ruhy ýagdaýyny gowy bilendigine ynanyp bileris (Resullaryň işleri 1:8). Şu günki ýygnaklar barada näme diýse bolar?
Sadyk hyzmatkär
3. Mesihiň Ýolbaşçylyk edýän ýygnagyny bedene meňzetmek näme üçin ýerlikli?
3 Isa direlip, Atasynyň ýanyna göge galmanka şägirtlerine şeýle diýdi: «Ähli ygtyýar ýerde-gökde Maňa berildi... Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Matta 28:18—20). Ol şägirtleri bilen bolup, Baş hökmünde olara janypkeşlik bilen ýolbaşçylyk etjekdigini söz berdi. Pawlus resul Efesdäki we Koloselilerdäki mesihçilere ýazan hatynda Mesihiň Ýolbaşçylyk edýän ýygnagyny «bedene» meňzetdi (Efesliler 1:22, 23; Koloseliler 1:18). Bir ylmy kitaba görä, göçme manydaky «beden» sözi şeýle düşündirilýär: «Bu diňe bir Baş bilen ýygnagyň arasyndaky birligi däl-de, Başyň ýygnak agzalaryna ýolbaşçylyk edýändigini aňladýar. Olar Onuň gurallary (Cambridge Bible for Schools and Colleges)». Isa 1914-nji ýylda Patyşa bolandan bäri haýsy topary guraly hökmünde ulanýar? (Daniýel 7:13, 14).
4. Malaki pygamberiň pygamberligine görä, Ýehowa bilen Isa Mesih ruhy ybadathanany barlamaga gelende näme gördüler?
4 Malaki pygamber «hakyky Reb» Ýehowa «äht habarçysy» we tagta geçen Ogly Isa Mesih bilen bile «ybadathanasyny», ýagny sežde edilýän ruhy öýüni synlap, höküm etmek üçin geljekdigini öňünden aýtdy. «Hudaýyň içerisinden başlanmaly» höküm wagty 1918-nji ýylda geldi (Malaki 3:1; 1 Petrus 4:17)a. Hudaýyň wekilleri we oňa dogry sežde edýäris diýýän adamlar synaldy. Asyrlar boýy Hudaýy masgaralaýan taglymaty öwredip, Birinji Jahan urşunda köp gan döken hristian dünýäsi inkär edildi. Ruhy taýdan mesh edilen sadyk mesihçileriň galyndysy synalyp, ot bilen arassalandy we Ýehowanyň razylygyny gazanyp, «dogrulykda gurban berýän» halk boldy (Malaki 3:3).
5. Isanyň «gelmegi» baradaky pygamberligine görä, özüniň sadyk «hyzmatkärdigini» kim subut etdi?
5 Malakiniň pygamberligine laýyklykda, Isa şägirtlerine özüniň «gelmeginiň we ahyrzamanyň» alamatyny aýdanda, haýsy toparyň «hyzmatkärdigini» kesgitlär ýaly görkezme berdi. Isa şeýle diýdi: «Hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Agasy gelende, şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri nähili bagtlydyr! Size dogrusyny aýdýaryn, agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar» (Matta 24:3, 45—47). 1918-nji ýylda Isa Mesih «hyzmatkäri» barlamak üçin «gelende», ruhy taýdan mesh edilen sadyk şägirtleriniň galyndysynyň 1879-njy ýyldan bäri «Garawul diňi» žurnalyny we Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýat arkaly ruhy taýdan «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» berýändigini gördi. Ol ony gurallar topary ýa-da «hyzmatkär» hökmünde kabul edip, 1919-njy ýylda ýerdäki bütin mal-mülküni oňa ynandy.
Isanyň ýerdäki mal-mülküniň iş dolandyryjysy
6, 7. a) Isa sadyk «hyzmatkäri» başgaça nähili atlandyrdy? b) Isa «iş dolandyryjy» diýmek bilen nämäni göz öňünde tutdy?
6 Isa gelmeginiň alamatyny we ýer ýüzündäki «hyzmatkäri» barada pygamberlik etmezinden birnäçe aý öň, ol «hyzmatkäri» biraz başgaça atlandyrdy. Bu onuň etmeli borçlaryny görkezýär. Isa şeýle diýdi: «Onda, wagtly-wagtynda hyzmatkärlere nahar paýlaryny bermek üçin, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Size dogrusyny aýdýaryn: agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar» (Luka 12:42, 44).
7 Bu aýatlarda hyzmatkär iş dolandyryjy diýip atlandyrylyp, grek dilinde «öýüň ýa-da mülküň iş dolandyryjysyny» aňladýar. Iş dolandyryjy topar Mukaddes Ýazgylardan gyzykly pikirleri düşündirip, ýokumly ruhy iýmiti «wagtly-wagtynda» paýlaýan ýöne bir paýhasly topar däl. Ol Mesihiň ýer ýüzündäki ähli gullukçylarynyň üstünden ýolbaşçy edip bellendi we oňa Isa Mesihiň ýerdäki «bütin mal-mülki» ynanyldy. Muňa nämeler degişli?
8, 9. Hyzmatkäriň dolandyrmaly «mal-mülki» näme?
8 Hyzmatkär Mesihiň şägirtleriniň bütin ýer ýüzünde gullugy ýerine ýetirmek üçin ulanýan maddy serişdelerine gözegçilik edýär. Muňa Ýehowanyň Güwäçileriniň baş uprawleniýesi, filiallar, bütin ýer ýüzündäki sežde edilýän ýerler, ýagny Patyşalyk zallary we Kongres zallary degişli. Şeýle-de hyzmatkär Mukaddes Ýazgylar öwrenilýän hepdelik ýygnak duşuşyklary we yzygiderli geçirilýän kongresler üçin meýilnama düzüp, ruhy taýdan gözegçilik edýär. Bu duşuşyklarda Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň berjaý bolýandygy barada aýdylýar we Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri gündelik durmuşda nädip ulanmalydygy barada wagtynda görkezme berilýär.
9 Şeýle-de hyzmatkär «Patyşalyk baradaky hoş habary» wagyz etmek we «bütin milletleri şägirt etmek» ýaly möhüm işe gözegçilik edýär. Olar şu soňky günler ýygnagyň Başy bolan Isa Mesihiň tabşyran ähli zatlaryny berjaý etmegi adamlara öwretmeli (Matta 24:14; 28:19, 20; Ylham 12:17). Wagyz etmegiň we öwretmegiň netijesinde mesh edilenleriň wepaly ýoldaşlary, ýagny «uly märeke» peýda boldy. Bu «her milletden [gelen] arzylylar» Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda dolandyrýan sadyk hyzmatkäriň «mal-mülküne» girýär (Ylham 7:9; Haggaý 2:7).
Ýolbaşçylyk maslahaty hyzmatkäriň wekili
10. I asyrda meseläni kim çözýärdi we bu ýygnaklara nähili täsir etdi?
10 Köp meseleleri çözmek sadyk hyzmatkäriň wajyp borçlarynyň biridir. I asyrda hyzmatkär toparyň wekili bolan Iýerusalimdäki resullar we ýaşulular ähli mesihçi ýygnaklaryň meselelerini çözýärdi (Resullaryň işleri 15:1, 2). Bu Ýolbaşçylyk maslahaty gelen kararyny hat we doganlar arkaly ýygnaklara habar berýärdi. I asyrdaky mesihçiler aýdyň görkezme alandygyna begenýärdi, olaryň ýolbaşçylyk maslahaty bilen hyzmatdaşlygy parahat we agzybir bolmagyna ýardam etdi (Resullaryň işleri 15:22—31; 16:4, 5; Filipililer 2:2).
11. Isa ýygnagyna gözegçilik etmek üçin şu günler kimi ulanýar, biz mesh edilen mesihçileriň toparyna nähili garamaly?
11 I asyrdaky mesihçiler ýaly şu günlerem mesh edilen mesihçileriň kiçi topary, ýagny ýolbaşçylyk maslahaty Isanyň ýer ýüzündäki şägirtlerine gözegçilik edýär. Ýygnagyň Başy Isa Mesih «sag eli», ýagny ýolbaşçylygy arkaly Patyşalygyň işine gözegçilik edýän wepaly adamlara görkezme berýär (Ylham 1:16, 20). Ýakynda ýer ýüzündäki ýaşaýşyny tamamlan we köp wagt ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolan Albert Şreder terjimehalynda şeýle ýazýar: «Ýolbaşçylyk maslahaty her Hoşgüni duşuşygy doga bilen başlap, Ýehowadan mukaddes ruh arkaly görkezme bermegini soraýar. Olar ara alyp maslahatlaşýan her bir meseläniň we gelýän kararynyň Mukaddes Ýazgylaryň esasynda bolmagyna jan edýär»b. Biz şeýle mesh edilen mesihçilere ynanyp bileris. Biz Pawlus resulyň Ýolbaşçylyk maslahaty barada beren tabşyrygyna eýermeli. Ol şeýle diýdi: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň» (Ýewreýler 13:17).
Sadyk hyzmatkäre hormat goýmak
12, 13. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy sebäplere görä, sadyk hyzmatkäre hormat goýmaly?
12 Biz sadyk hyzmatkäriň toparyna hormat goýmak bilen, esasan, Ýolbaşçymyz Isa Mesihe hormat goýýarys. Pawlus resul mesh edilenler barada şeýle ýazdy: «Erkinlikde çagyrylan-da Mesihiň guludyr. Siz bir baha satyn alyndyňyz» (1 Korintoslylar 7:22, 23; Efesliler 6:6). Şoňa görä biz sadyk hyzmatkäriň we onuň Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine tabyn bolsak, hyzmatkäriň Ýolbaşçysy Isa Mesihe tabyn bolýarys. Ýer ýüzündäki mal-mülküni dolandyrmak üçin Isanyň ulanýan guralyna hormat goýmak, «Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etmegiň» bir ýoludyr (Filipililer 2:11).
13 Sadyk hyzmatkäre hormat goýmagyň Mukaddes Ýazgylara esaslanan ýene-de bir sebäbi bar. Ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçiler göçme manyda Ýehowanyň «ruhunyň» ýaşaýan «ybadathanasyny» aňladýar. Şol sebäpli olar «mukaddes» (1 Korintoslylar 3:16, 17; Efesliler 2:19—22). Isa ýer ýüzündäki mal-mülkini mukaddes ybadathananyň toparyna ynandy, bu ýygnakdaky aýratyn hukuklaryň we borçlaryň diňe şol hyzmatkär toparyna degişlidigini aňladýar. Şol sebäpli ýygnakdaky dogan-uýalaryň ählisi sadyk hyzmatkäriň we onuň ýolbaşçylyk maslahatynyň berýän görkezmesine eýermegi we goldamagy mukaddes borç hasaplaýar. Ýolbaşçynyň mal-mülküniň aladasyny edip, sadyk hyzmatkäre kömek etmegi «başga goýunlar» uly hormat saýýarlar (Ýahýa 10:16).
Sadyk hyzmatkäri wepaly goldamak
14. Işaýanyň pygamberligine görä, başga goýunlar nädip mesh edilen hyzmatkär toparyň yzyna eýerip, «haksyz işçi» hökmünde gulluk edýärler?
14 Başga goýunlaryň ruhy Ysraýylyň mesh edilen agzalaryna pesgöwünlik bilen tabyn boljakdygy barada Işaýa pygamber şeýle diýdi: «Ýehowa şeýle diýýär: «Müsüriň haksyz işçileri, Hebeşestanyň söwdegärleri we Şebanyň äpet adamlary seniň tarapyňa geçip, seniňki bolar; seniň yzyňa eýerer; zynjyrly gelip, seniň öňüňde ýykylar; saňa ýalbaryp diýerler: diňe sende Hudaý bar; ondan başga Hudaý ýok» (Işaýa 45:14). Şu günler başga goýunlar mesh edilen hyzmatkär toparyň we onuň ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine gulak asyp, yzyna eýerýärler. Başga goýunlar «haksyz işçi» hökmünde Isanyň mesh edilen şägirtlerine tabşyran bütindünýä wagyz işini goldamak üçin güýjüni we serişdesini yhlas bilen sarp edýärler (Resullaryň işleri 1:8; Ylham 12:17).
15. Başga goýunlaryň we ruhy Ysraýylyň ýakyn gatnaşygy barada Işaýa 61:5, 6-njy aýatlarda nähili pygamberlik edildi?
15 Başga goýunlar hyzmatkär toparynyň we onuň Ýolbaşçylyk maslahatynyň gözegçiliginde Ýehowa gulluk edýändigine begenip, minnetdarlyk bildirýärler. Olar mesh edilenleri «Hudaýyň Ysraýylynyň» agzasy hökmünde kabul edýärler (Galatýalylar 6:16). Göçme manydaky «daşary ýurtlylar» we «gelmişekler» «daýhanlar» we «üzümçiler» hökmünde «Ýehowanyň ruhanylarynyň» we «Hudaýyň gullukçylary» bolan mesh edilenleriň ýolbaşçylygy astynda ruhy Ysraýyl bilen gulluk etmäge begenýärler (Işaýa 61:5, 6). Olar Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek we ähli milletdäki adamlary şägirt etmek işine erjellik bilen gatnaşýarlar. Olar hyzmatkär toparyna çopançylyk işinde we ýaňy gelen goýun kimin adamlary bakmaga ýürekden kömek edýärler.
16. Sadyk hem akylly hyzmatkäri wepaly goldamaga başga goýunlary näme höweslendirýär?
16 Başga goýunlar sadyk hyzmatkäriň yhlas bilen wagtly-wagtynda üpjün edýän ruhy iýmitiniň köp peýda getirýändigi bilen ylalaşýarlar. Sadyk hem akylly hyzmatkär bolmasa, olar Mukaddes Ýazgylardaky Ýehowanyň hökümdarlygy, onuň adynyň şöhratlandyrylmagy, Patyşalyk, täze gök, täze ýer, jan, ölüleriň nähili ýagdaýdadygy, Ýehowa, onuň Ogly we mukaddes ruh baradaky gymmatly hakykaty bilmejekdigini pesgöwünlik bilen boýun alýarlar. Başga goýunlaryň çuňňur minnetdarlygy we wepalylygy Isanyň mesh edilen «doganlaryny» şu soňky günlerde ýürekden goldamaga höweslendirýär (Matta 25:40).
17. Ýolbaşçylyk maslahaty näme etmegi makul bildi we indiki makalada nämä serederis?
17 Mesh edilenleriň sanynyň kemelýändigi sebäpli, olar Isanyň mal-mülkine gözegçilik etmek üçin ähli ýygnaklara baryp bilmeýär. Şonuň üçin Ýolbaşçylyk maslahaty Ýehowanyň Güwäçileriniň filiallaryna, welaýatlaryna, etraplaryna we ýygnaklaryna gözegçilik etmek üçin adamlary başga goýunlardan belleýär. Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda gulluk edýän çopanlara bolan garaýşymyz, Isa Mesihe we onuň sadyk hyzmatkärine bolan wepalylygymyza nähili täsir edýär? Muňa indiki makalada serederis.
a Bu barada 2004-nji ýylyň Nowruz aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňiniň» 13—18-nji sahypalarynda we 1992-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňiniň» 13-nji sahypasynda jikme-jik seredildi.
b Bu barada 1988-nji ýylyň Nowruz aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňiniň» (iňlisçe) 10—17-nji sahypalarynda beýan edilýär.
Gaýtalamak üçin soraglar
• Biziň Ýolbaşçymyz kim we onuň ýygnaklaryň ýagdaýyny bilýändigini näme görkezýär?
• «Ybadathana» barlananda sadyk hyzmatkäriň işini kim ýerine ýetirýärdi we oňa nähili mal-mülk ynanyldy?
• Mukaddes Ýazgylardaky haýsy sebäplere görä, sadyk hyzmatkäri wepaly goldamaly?