Siziň dogaňyza Isanyň sözleri täsir edýärmi?
«Isa bu sözleri aýdyp bolanyndan soň, märeke Onuň taglymatyna haýran galdy» (MATTA 7:28).
1, 2. Näme üçin märeke Isanyň taglymatyna haýran galdy?
BIZ Hudaýyň ýeke-täk ogly Isa Mesihiň sözlerine gulak asmaly we durmuşymyzda ulanmaly. Çünki hiç bir adam onuň ýaly öwretmändi. Isa Dagdaky wagzyny tamamlanda, adamlar haýran galdylar! (Matta 7:28, 29-njy aýatlary okaň).
2 Ýehowanyň Ogly bikämil adamlaryň taglymatyna esaslanyp, köp sözleýän kanunçylar ýaly öwretmedi. Isa «erk-ygtyýarly» adam ýaly öwredýärdi, çünki onuň aýdan sözleri Hudaýdandy (Ýahýa 12:50). Geliň, biziň dogamyza Isanyň Dagdaky wagyzda aýdan beýleki sözleriniň nähili täsir etmelidigine seredeliň.
Ikiýüzlüler ýaly doga etmäň
3. Isanyň Matta 6:5-däki aýdan sözleriniň manysyny düşündiriň.
3 Doga etmek hakyky seždäniň esasy bölegidir. Şol sebäpli biz hemişe Ýehowa doga etmeli. Biziň dogamyza Isanyň Dagdaky wagyzda aýdan sözleri täsir etmeli. Ol şeýle diýdi: «Doga edeniňde ikiýüzlüler ýaly bolma; çünki olar göz üçin sinagogalarda, köçe burçlarynda durup doga etmegi halaýarlar. Men size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar» (Mat. 6:5).
4—6. a) Näme üçin fariseýler «sinagogalarda, köçe burçlarynda durup doga etmegi halaýardy»? b) Haýsy manyda bu ikiýüzlüler «sylaglaryny eýýäm aldylar»?
4 Isanyň şägirtleri doga edende, özüne göwni ýetip, ýalandan dindar bolan «ikiýüzli» fariseýler ýaly bolmaly däldi (Mat. 23:13—32). Ol ikiýüzlüler «sinagogalarda, köçe burçlarynda durup doga etmegi halaýardy». Näme üçin? Adamlara görünmek üçin I asyrda ybadathanada gurban ýakylýan wagty (irden sagat dokuza golaý we günortan sagat üçde), adatça, ýehudylar ýygnanyşyp doga edýärdi. Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň köpüsi ybadathananyň golaýynda ýygnanyşyp, bir wagtda doga edýärdiler. Şäheriň daşyndaky dindar ýehudylar bolsa, köplenç, «sinagogalarda... durup», günde iki gezek doga edýärdi (Luka 18:11, 13-nji aýatlary deňeşdiriň).
5 Adamlaryň köpüsi doga edilýän wagty ybadathananyň ýa-da sinagoganyň golaýynda bolmandygy üçin, şol wagty nirede bolsa, şol ýerde-de doga edip bilýärdi. Käbirleri doga edilýän wagty bilgeşleýin «köçe burçlarynda» durýardy. Olar geçip barýan adamlara görünmek isleýär. Ikiýüzli dindarlar adamlarda täsir galdyrmak we «göz üçin uzyn-uzyn dogalar okamaga» sebäp tapýardy (Luka 20:47). Biz olar ýaly bolmaly däl.
6 Isa şeýle ikiýüzlüler «öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar» diýdi. Olar adamlar tarapyndan sylanmak isledi — bu ýekeje sylagyny hem aldylar. Çünki Ýehowa olaryň ikiýüzli dogalaryna jogap bermedi. Emma Isanyň doga barada aýdan indiki sözlerinde görnüşi ýaly, Ýehowa gullukçylarynyň dogasyna jogap berýär.
7. «Otagyňda» doga et diýen maslahat nämäni aňladýar?
7 «Emma sen doga edeniňde öz otagyňa girip, gapyny ýap-da, gizlinlikdäki Ataňa doga et; gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer» (Mat. 6:6). Isanyň «otagyňa girip, gapyny ýap-da, doga et» diýmegi mesihçiniň adamlar bilen doga edip bilmeýändigini aňlatmaýar. Isa başgalaryň ünsüni çekip we öwgi almak niýeti bilen adamlaryň öňünde edilýän dogany ýazgardy. Muny Hudaýyň gullukçylarynyň arasynda doga etmek hormaty berlende-de unutmaly däl. Şeýle-de biz Isanyň doga barada aýdan indiki görkezmesine hem eýermeli.
8. Matta 6:7-ä görä, biz doga edenimizde nämelerden gaça durmaly?
8 «Siz doga edeniňizde milletler ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň, çünki olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler» (Mat. 6:7). Bu ýerde Isa doga edende hemişe şol bir sözleri gaýtalap durmazlygy aýtdy. Emma ol dogada akýürekden aýdylýan dilegleri we minnetdarlygy gaýtalamaly däl diýmedi. Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi, Getsemani bagynda «şol öňki sözlerini» gaýtalap doga edipdi (Mar. 14:32—39).
9, 10. Biz haýsy manyda birmeňzeş doga etmeli däl?
9 «Milletler ýaly» hemişe şol bir sözleri gaýtalap doga etmek nädogry. Olar ençeme boş sözleri ýat tutýar. Baala sežde edýän adamlar irden öýläne çenli: «Eý Baal, bize jogap ber!» diýip, ýalan taňrysyny çagyranda, ol kömek etmedi (3 Pat. 18:26). Şu günler millionlarça adamlar köp sözli birmeňzeş doga etmek bilen «eşidileris öýdýärler». Emma Isa «köp sözleri» gaýtalap doga etmegiň Hudaýyň öňünde gymmatsyzdygyna düşünmäge kömek etdi. Isa soňra şeýle diýdi:
10 «Olar ýaly bolmaň; çünki Ataňyz size näme zatlaryň gerekdigini, Ondan dilemänkäňiz bilýändir» (Mat. 6:8). Köp ýehudy dini ýolbaşçylar doga edende başga milletler ýaly köp sözleýärdi. Akýürekden doga edip şöhratlandyrmak, minnetdarlyk bildirmek we dileg etmek bu hakyky seždäniň wajyp bölegidir (Flp. 4:6). Hudaý biziň zerurlyklarymyzy bilmez öýdüp, şol bir sözleri gaýtalamak nädogrudyr. Biz doga edenimizde dilemänkäk näme zatlaryň gerekdigini bilýän Hudaýa ýüzlenýändigimizi unutmaly däl.
11. Mesihçiler bilen doga edenimizde nämäni unutmaly däl?
11 Isanyň kabul edilmeýän dogalar barada aýdan sözlerinden görnüşi ýaly, aýlawly we köp sözli dogalar Hudaýa ýaramaýar. Mesihçiler bilen doga edenimizde aýdýan sözlerimiz bilen diňleýjilerde täsir galdyrjak bolmaly däl we «omyn» diýmegiňe köp garaşdyrmaly däl. Isanyň doga barada Dagdaky wagyzda aýdanlaryna görä, dogada bildiriş etmek we maslahat bermek dogry däl.
Isa bize doga etmegi öwretdi
12. «Adyň mukaddes bolsun» diýen dilegiň manysyny nähili düşündirersiňiz?
12 Isa doga edenimizde diňe bir nämeden gaça durmagy däl, eýsem nähili doga etmegi-de öwretdi (Matta 6:9—13-nji aýatlary okaň). Nusgalyk dogany ýat tutup, gaýtalamaly däl. Ol biziň edýän dogamyzyň nusgasydyr. Doganyň başdaky: «Eý göklerdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun» diýen sözleri Hudaýy birinji orunda goýmalydygyny görkezýär (Mat. 6:9). Biz Ýehowa «Atamyz» diýip ýüzlenýäris, çünki ol ýerden uzakda «göklerde» ýaşaýan Ýaradyjydyr (Kanun. 32:6; 2 Tar. 6:21; Res. iş. 17:24, 28). «Atamyz» diýen söz imandaşlaryň hem Hudaý bilen ýakyn gatnaşykdadygyny görkezýär. «Adyň mukaddes bolsun» — bu Ýehowanyň Erem bagyndaky pitneden başlap, adyny ähli aýyplamalardan aklap, özüni mukaddes etmek üçin hereket edip başlamagy baradaky dilegdir. Ýehowa bu doga ýer ýüzünden erbetligi ýok edip, adyny mukaddes etmek bilen jogap berer (Ezek. 36:23).
13. a) «Patyşalygyň gelsin» diýen dileg nädip berjaý bolar? b) Hudaýyň isleginiň ýerde amala aşmagy nämäni görkezýär?
13 «Patyşalygyň gelsin; gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» (Mat. 6:10). Bu nusgalyk doga görä, biz «patyşalygyň» Isa Mesihe we onuň bilen höküm sürjek direlen «mukaddeslere» berlen Hudaýyň gökdäki hökümetidigini unutmaly däl (Dan. 7:13, 14, 18; Iş. 9:6, 7). «Gelsin» diýen dileg bu Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzündäki duşmanlaryna garşy çykmagyny görkezýär. Tizden boljak bu waka bütin dünýäde jennetiň bolmagyna ýol açar. Onda dogrulyk, parahatlyk höküm sürer we ähli zat gülläp öser (Zeb. 72:1—15; Dan. 2:44; 2 Pet. 3:13). Gökde Ýehowanyň islegi amala aşýar, biz ýerde-de onuň isleginiň amala aşmagy barada doga edip, gadymy döwürdäki ýaly, şu günlerem duşmanlaryny ýok edip, ýer ýüzünde niýetiniň amala aşyrmagyny dileýäris (Zebur 83:1, 2, 13—18-nji aýatlary okaň).
14. Näme üçin «gündelik çörek» barada doga etmek ýerlikli?
14 «Gündelik çöregimizi bize şu gün ber» (Mat. 6:11; Luka 11:3). Bu Hudaýdan gerekli «gündelik» iýmiti bermegi dilemegi aňladýar. Şeýle doga etmek bilen biz Ýehowanyň ähli zerurlyklarymyz hakynda her gün alada edip bilýändigini görkezýäris. Bu bolçulyk dilemegi aňlatmaýar. Gündelik çörek bermek baradaky dileg bize Hudaýyň ysraýyllylara mannadan «gündelik paýyny» ýygnamak hakynda beren buýrugyny ýatladýar (Müs.çyk. 16:4).
15. «Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny geçişimiz ýaly, Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç» diýen dilegiň manysyny düşündiriň.
15 Nusgalyk dogadaky indiki dileg biziň näme etmelidigimizi görkezýär. Isa şeýle diýdi: «Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny geçişimiz ýaly, Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç» (Mat. 6:12). Adamlaryň bize garşy eden günäsini «bagyşlasak», Ýehowa hem bizi bagyşlar (Matta 6:14, 15-nji aýatlary okaň). Biz rehimdarlyk bilen bagyşlamaly (Efes. 4:32; Kol. 3:13).
16. Synagdan we Iblisden halas etmek baradaky dilege nähili düşünmeli?
16 «Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et» (Mat. 6:13). Isanyň nusgalyk dogasyndaky biri-biri bilen baglanyşykly bu iki dilege biz nähili düşünmeli? Ýehowanyň bizi synamaýandygyny bilýäris (Ýakup 1:13-i okaň). Aslynda, Şeýtan «Iblis» — «synagçy» (Mat. 4:3). Emma Hudaýyň ýol berýän zatlaryna käwagt Mukaddes Ýazgylarda ony Hudaý etdi diýilýär (Rut 1:20, 21; Wag. 11:5). Diýmek, «bizi synaga salma» diýen dileg günä etmegimize Ýehowanyň ýol bermezligini aňladýar. «Iblisden halas et» diýen iň soňky dileg Şeýtanyň bizden üstün çykmagyna Ýehowanyň ýol bermezligini aňladýar. Biz Hudaýyň «güýjümizden öte synalmagymyza ýol bermejekdigine» ynanmaly (1 Korintoslylar 10:13-i okaň).
Diläň, agtaryň, gapyny kakyň
17, 18. «Diläň», «agtaryň», «gapyny kakyň» diýmek nämäni aňladýar?
17 Pawlus resul imandaşlaryna: «Dogada erjellik ediň» diýdi (Rim. 12:12). Isa-da muny nygtap, şeýle diýdi: «Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Çünki dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar» (Mat. 7:7, 8). Hudaýyň islegine görä bir zady «dilemegi» dowam etmek ýerlikli. Ýahýa resul Isanyň sözlerini makullap, şeýle diýdi: «Biziň Onuň (Hudaýyň) huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider» (1 Ýahýa 5:14).
18 Isanyň diläň we agtaryň diýen maslahaty erjellik bilen doga etmegi we ruhdan düşmezligi görkezýär. Şeýle-de Hudaýyň Patyşalygynda ýaşamak we onuň bol bereketlerine şatlanmak üçin «gapyny kakmagy» dowam etmeli. Biz Ýehowanyň dogalarymyza jogap berjegine ynanyp bilerismi? Hawa, eger-de biz Ýehowa wepaly bolsak, ynanyp bileris, çünki Isa: «Dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar» diýdi. Ýehowanyň gullukçylary bilen bolan ençeme wakalar, hakykatdan-da, Hudaýyň «dogalary eşidýändigini» subut edýär (Zeb. 65:2).
19, 20. Isanyň Matta 7:9—11-nji aýatlardaky sözlerine görä, Ýehowa näme üçin söýgüden doly ata meňzedilýär?
19 Isa Hudaýy çagalaryna gowy zady berýän söýgüden doly ata meňzedýär. Göz öňüne getiriň, siz Isanyň Dagdaky wagyzda aýdan şu sözlerini diňläp otyrsyňyz: «Sizden haýsy adam ogly çörek dilände, oňa daş berer? Ýa balyk dilände, oňa ýylan berer? Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, onda göklerdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp oňat zatlar berer!» (Mat. 7:9—11).
20 Miras geçen günä sebäpli bikämil ata «erbet» diýilse-de, çagalaryny söýýär. Ol çagalaryny aldaman, mümkin boldugyndan «oňat sylaglar» bermäge çalyşýar. Biziň gökdäki söýgüden doly Atamyz mukaddes ruh ýaly «oňat sylaglary» berýär (Luka 11:13). Bu ruh bize «ähli oňat, kämil sowgat» berýän Ýehowa gulluk etmäge kömek edýär (Ýakup 1:17).
Isanyň sözleri hemişe size peýda getirsin
21, 22. Dagdaky wagyz nämede tapawutlanýar we size Isanyň aýdan sözleri nähili täsir etdi?
21 Dogrudan-da, Dagdaky wagyz bütin adamzat taryhynda aýdylan iň täsirli sözlerdir. Ol ruhy taýdan gymmatly mazmuny we aýdyňlygy bilen tapawutlanýar. Biz bu makalalarda seredilen maslahatlary durmuşda ulansak, peýdaly bolar. Isanyň aýdan sözleri biziň häzirki durmuşymyzy gowulandyrar we bagtly gelejege umyt berer.
22 Biz bu makalalarda Isanyň Dagdaky wagzynyň birnäçe ruhy göwher daşlaryna seretdik. Dagdaky wagzy diňlänleriň «Onuň taglymatyna haýran galandygy» geň galdyrmaýar (Mat. 7:28). Beýik Mugallym Isa Mesihiň şu we beýleki aýdan gymmatly sözlerini aňymyzda we ýüregimizde ornaşdyrsak, biz hem haýran galarys.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Isa ikiýüzlüleriň dogasy barada näme diýdi?
• Doga edenimizde näme üçin şol bir sözleri gaýtalamaly däl?
• Isanyň nusgalyk dogasynda nähili dilegler aýdylýar?
• Biz nädip diläp, agtaryp, gapyny kakyp bileris?