Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/4 sah. 20—24
  • Gözüňi biderek zatlardan sow!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gözüňi biderek zatlardan sow!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Gözümiz nädip aldap biler?
  • Özüňe erk etmeli
  • Biderek zatlardan gaça duruň
  • Isanyň göreldesine eýeriň
  • Gözüň «sag bolsun»
  • Şeýtanyň duzagyna düşmekden ägä boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Siz nähili adam bolmalydygyňyz hakda oýlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Pornografiýa güýmenjemi ýa-da zäher?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Pornografiýadan näme üçin gaça durmaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/4 sah. 20—24

Gözüňi biderek zatlardan sow!

«Gözümi biderek zatlary görmekden sow; meni Öz ýoluňda direlt». (ZEB. 119:37)

1. Näme üçin göz gymmatly sowgat?

GÖZ örän gymmatly sowgat! Biz gözümiz bilen daş-töwerekdäki zatlary we reňkleri görýäris. Göz arkaly mähriban dostlarymyzy we duýdansyz abanýan howpy görüp bilýäris. Biz täsin ýaradylan zatlaryň gözelligine syn edip, Hudaýyň bardygyna we onuň şan-şöhratyna göz ýetirýäris (Zeb. 8:3, 4; 19:1, 2; 104:24; Rim. 1:20). Göreç adamyň oý-pikirine güýçli täsir edip, Ýehowa barada bilim almak hem-de oňa iman etmek üçin onuň uly ähmiýeti bar (Ýeşuw 1:8; Zeb. 1:2, 3).

2. Näme üçin seredýän zatlarymyz barada biynjalyk etmeli we mezmurçynyň eden haýyşyndan näme öwrenip bileris?

2 Emma seredýän zatlarymyz bize zyýan hem ýetirip biler. Biziň gözümiz we oý-pikirimiz şeýle berk baglanyşykly welin, görýän zatlarymyz ýüregimizde güýçli höwes döredýär. Şeýtan Iblisiň höküm sürýän azgyn we öz keýpini gözleýän dünýäsinde bizi azdyrmak üçin suratlar bary ýagdyrylýar we nädogry maglumatlar ýaýradylýar. Hatda biz olara sähelçe seretsek-de zyýanly bolýar (1 Ýahýa 5:19). Şol sebäpli mezmurçynyň Hudaýa: «Gözümi biderek zatlary görmekden sow; meni Öz ýoluňda direlt» diýip ýalbarany bizi haýran galdyrmaýar (Zeb. 119:37).

Gözümiz nädip aldap biler?

3—5. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy mysallary göz gyzdyrmagyň howpludygyny görkezýär?

3 Ilkinji aýal How ene bilen bolan waka seredeliň. Şeýtan oňa «ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden» iýseňiz, gözüňiz «açylar» diýdi. Şeýtanyň gözüňiz «açylar» diýmegi How enäni örän gyzyklandyran bolmaly. Ol «bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we akyl-paýhas berýänini görüp», gadagan edilen miweden has hem iýesi gelýär. How ene agaja höwes bilen seredip, Hudaýyň tabşyrygyny bozýar. Onuň äri Adam ata hem Hudaýa gulak asman, ähli adamzadyň başyna betbagtçylyk getirdi (Gel. çyk. 2:17; 3:2—6; Rim. 5:12; Ýakup 1:14, 15).

4 Nuhuň günlerinde käbir perişdelere-de görýän zatlary täsir etdi. Gelip çykyş 6:2-de şeýle diýilýär: «Hudaý ogullary adamzat gyzlarynyň owadanlygyny görüp, öz halanlaryny aýallyga aldylar». Pitne turzan perişdeler ynsan gyzlaryna azgyn nebis bilen bakyp, olar bilen jynsy ahlaksyzlyk etdiler we olardan zalym çagalar doguldy. Adamlaryň erbet bolandygy sebäpli, Nuhuň maşgalasyndan başga ähli adamzat ýok edildi (Gel. çyk. 6:4—7, 11, 12).

5 Ýüzlerçe ýyllar soňra, ysraýylly Ahan basylyp alnan Eriha şäheriniň käbir zatlaryna göz gyzdyryp ogurlaýar. Hudaýyň tabşyrygyna görä, Ýehowanyň çadyryna berilmeli käbir zatlardan başga ähli zatlar ýok edilmelidi. Ysraýyllylara şäheriň «ýok edilmeli zatlaryndan» almaň diýip duýdurylypdy. Ahan bu duýduryşa gulak asmady we ysraýyllylar Gaý şäherini basyp aljak bolanda, ýeňildi we birnäçe adam wepat boldy. Ahanyň ogurlygynyň üsti açylmanka, ol eden işini boýun almady. Ahan: «Men (zatlary) görenimde... alasym geldi we aldym» diýdi. Ol şol zatlara gözi gidip, heläk boldy we «ähli zady ýok edildi» (Ýeşuw 6:18, 19; 7:1—26). Ahan ýüreginde gadagan edilen zatlardan almak isledi.

Özüňe erk etmeli

6, 7. Şeýtan bizi duzaga düşürmek üçin köplenç haýsy «ýaman niýetini» ulanýar we reklama edýänler ony nädip peýdalanýar?

6 Şu günlerem adamlar How ene, pitneçi perişdeler we Ahan ýaly synalýar. Şeýtanyň adamlary aldamak üçin ulanýan «ýaman niýetleriniň» iň güýçlüsi «göz höwesi» (2 Kor. 2:11; 1 Ýahýa 2:16). Şu günler reklama edýänler adamlara görýän zatlarynyň güýçli täsir edýänini bilýär. Ýewropaly ökde söwda hünärmentleriň biri şeýle diýýär: «Göz şeýle güýçli täsir edýär welin, köplenç adamlar onuň täsirine düşüp, oňat düşünýän zatlaryny hem etmeýärler».

7 Reklama edýänler harydyna gözümiz gider ýaly, olary owadan bezäp, suratlar baryny ýagdyrýar! Amerikaly bir filosof adamlara reklamanyň täsir edişi barada şeýle diýdi: «Göz arkaly adam diňe bir täze maglumaty bilmän, eýsem ol onuň duýgusyna, hereketine güýçli täsir edýär». Köplenç reklamada jynsy höwesi oýarýan suratlar görkezilýär. Şol sebäpli görýän we ýüregimize täsir edýän zatlary seljermek örän wajyp!

8. Mukaddes Ýazgylarda seredýän zatlarymyzy saýgarmalydygy nädip nygtalýar?

8 Mesihçileriň göz we ten höweslerine garşy durup bilýän ukyby ýok. Emma Hudaýyň Sözünde bize seredýän we güýçli höwes edýän zatlarymyz barada nebsiňe buýurmaklyk maslahat berilýär (1 Kor. 9:25, 27; 1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň). Hudaýa wepaly bolan Eýýup pygamber görýän zatlaryň islege güýçli täsir edýändigine düşünýärdi. Ol şeýle diýdi: «Men gözlerim bilen äht baglaşdym. Bir gyza nädip göz dikeýin?» (Eýýup 31:1). Eýýup aýal bilen ahlaksyzlyk etmek üçin diňe bir el degirmezligi däl, eýsem, şol barada pikir hem etmezligi ýüregine düwdi. Isa ahlak taýdan arassa pikirde bolmalydygy hakynda şeýle diýdi: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» (Mat. 5:28).

Biderek zatlardan gaça duruň

9. a) Biz näme üçin Internedi ulananda, has-da seresap bolmaly? b) Pornografiýa hatda biraz seretmek nähili täsir edip biler?

9 Şu günler köp adamlar aýratynam Internetde pornografiýa seredýär. Biz Internetde şeýle sahypalary gözlemesekde, olar bizi gözleýär! Nädip? Kompýuteriň ekranynda birden özüne çekiji surat peýda bolmagy mümkin. Ýa-da hiç hili zyýansyz bolup görünýän poçtany açanyňda, basym çykyp bolmaýan ýörite edilen pornografiýa suratlaryna dessine gözüň düşýär. Hatda adam şol suraty aýyrmazyndan öň biraz seretse-de, ol eýýäm onuň pikirine täsir edýär. Pornografiýa ýöne bir göz aýlamak hem erbet täsir edýär. Pornografiýa adamyň ynsabyna ezýet berýär we ol gören ahlaksyz zatlary pikirinden aýyrmak üçin göreşmeli bolýar. Iň erbedi bolsa, birine bilgeşleýin «azgyn nebis bilen bakýan» adam ýüregindäki erbet höweslerini öldürmeýändigini görkezýär (Efesliler 5:3, 4, 12-nji aýatlary okaň; Kol. 3:5, 6).

10. Näme üçin çagalar pornografiýa görmegi höwes edýär we ol nähili täsir edýär?

10 Çagalaryň bilesigelijiligi pornografiýa görmäge höweslendirýär. Eger olar pornografiýa seretseler, olaryň jyns gatnaşyga bolan garaýşyna uzak wagt täsir eder. Bir hasabata görä, pornografiýa jynsy kadalary ýoýup, «ysnyşykly, mähirli gatnaşygy saklamaga, aýallara dogry garaýyşda bolmaga päsgel berýär. Pornografiýa görmek endigi okuwa, dostluga we maşgala gatnaşyklaryna zyýan ýetirýär». Şeýle-de iň soňy nika gatnaşygyna has-da erbet täsir edýär.

11. Pornografiýa seretmegiň howpludygy barada mysal getiriň?

11 Bir mesihçi dogan şeýle diýýär: «Ýehowanyň Güwäçisi bolmanka, pornografiýa seretmek endigini taşlamak maňa ähli zatdan kyndy. Käwagt käbir yslary duýanymda, sazlary eşidenimde ýa-da bir zat gözüme ilende, hatda bir pikir peýda bolanda şol suratlar ýadyma düşýär. Men olary her gün ýatlamajak bolup göreşýärin». Başga bir dogan çagaka, ene-atasy öýünde bolmadyk wagty mesihçi däl kakasynyň pornografiýa žurnallaryna seredýärdi. Ol şeýle ýazýar: «Şol suratlar meniň ýaş aňyma örän erbet täsir etdi! Hatda şu günler 25 ýyl geçensoň hem men şol suratlary ýatdan çykaryp bilemok. Iň erbedi olar asla kelläňden çykanok. Men şolar barada pikir etmesem-de, özümi günäkär duýýaryn». Şol sebäpli şeýle agyr duýga uçramaz ýaly biderek zatlara seretmesek, paýhasly bolar! Muny nädip edip bolar? Munuň üçin «her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir etmek» üçin çalyşmaly (2 Kor. 10:5).

12, 13. Mesihçiler nähili erbet zatlary görmeli däl we näme üçin?

12 Başga «erbet», ýagny biderek zat — baýlyk, jadylly güýçler, zalymlyk, gan döküşiklik, adam öldürmek ýaly görkezilýän göwün açmalara seretmeli däl (Zebur 101:3-i okaň). Mesihçi ata-eneler öýünde görmäge rugsat berýän zatlary üçin Ýehowanyň öňünde jogapkärlidir. Elbetde mesihçiler bilgeşleýin spiritizm bilen meşgullanmaýarlar. Emma ata-eneler jadygöýli filmleri, teleseriallary, wideo oýunlary, gülküli we çagalar üçin kitaplary seljerip bilmeli (Sül. tym. 22:5).

13 Ýaşlar hem uly adamlar zorlukly, gan döküşikli kinolara seredip lezzet almaly däl (Zebur 11:5-i okaň). Biz Ýehowanyň ýazgarýan zatlaryny aňymyza siňdirmekden gaça durmaly. Şeýtanyň pikirimizi eýelemek isleýändigini unutmaň (2 Kor. 11:3). Hatda biz gowy göwün açmalara köp wagt sarp etsek-de, maşgala okuwyna, her gün Mukaddes Ýazgylary okamaga we ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmaga wagtymyz bolmaz (Flp. 1:9, 10).

Isanyň göreldesine eýeriň

14, 15. Şeýtanyň üçünji gezek synamagynyň näme üýtgeşikligi bar we Isa oňa nädip garşy durdy?

14 Biz bu erbet dünýäde biderek zatlary asla görmän bilmeris. Hatda Isa hem olary görmeli boldy. Hudaýyň islegini berjaý etmez ýaly, Şeýtan Isany üçünji gezek synap, ony «äpet belent daga eltdi, dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezdi» (Mat. 4:8). Şeýtan näme üçin şeýle etdi? Ol Isanyň görýän zady arkaly täsir etjek boldy. Isa dünýäniň bütin şan-şöhratyny görüp, onda dünýäde uly wezipe tutmak islegi döräp bilerdi. Ol näme etdi?

15 Isa özüne çekiji teklibe bar ünsüni jemlemedi. Ol ýüreginde erbet höwesiň döremegine ýol bermedi. Isa Iblisiň teklibini ret etmek üçin oýlanyp durman derrew jogap berip: «Ýanymdan aýryl, şeýtan» diýdi (Mat. 4:10). Isa Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyna köp üns berip, maksadynyň Hudaýyň islegini berjaý etmekdigini aýtdy (Ýew. 10:7). Şeýdip, Isa Şeýtanyň mekir niýetini bozdy.

16. Biz Şeýtanyň teklibini Isanyň ret edişinden näme öwrenip bileris?

16 Biz Isanyň göreldesinden köp zady öwrenip bileris. Birinjiden, Şeýtan ähli adamlara hüjüm edýär (Mat. 24:24). Ikinjiden, biz gözümizi nämä diksek, bu ýüregimizde ýagşy ýa-da erbet zada höwesimizi artdyrar. Üçünjiden, Şeýtan «göz höwesi» arkaly Isany synaýşy ýaly bizi hem synap, aldap biler (1 Pet. 5:8). Dördünjiden, biz hem haýal etmän hereket edip, Şeýtana garşy durup bileris (Ýakup 4:7; 1 Pet. 2:21).

Gözüň «sag bolsun»

17. Biz synaga duçar bolmazdan öň näme etmelidigini öňünden çözsek, näme üçin paýhasly bolar?

17 Biz özümizi Hudaýa bagyş edip, erbet zatlardan gözümizi sowmagy dabaraly wada berdik. Hudaýyň islegini berjaý etmäge söz berip, mezmurçynyň: «Men sözüňi berjaý etjek bolup, aýaklarymy her hili ýaman ýoldan çekdim» diýen sözlerine goşulýarys (Zeb. 119:101). Biz synaga duçar bolmazdan öň näme etmelidigini öňünden çözsek, paýhasly bolar. Biz Mukaddes Ýazgylarda ýazgarylýan zatlara gowy düşünip, Şeýtanyň hilelerini bilýäris. Ol Isany daşlary çörege öwür diýip, haçan synady? Isa kyrk gije-gündizläp oraza tutup «ajygansoň» synady (Mat. 4:1—4). Şeýtan biziň haçan gowşanymyzy we synaga döz gelip bilmejegimizi bilýär. Şol sebäpli häzir bu barada oýlanmagyň tüýs wagty. Muny uzaga çekmäň! Biz Hudaýa özümizi bagyş edip, wada berendigimizi her gün ýatlap dursak, biderek zatlardan gözümizi sowmagy berk ýüregimize düweris (Sül. tym. 1:5; 19:20).

18, 19. a) «Sag» we «şikesli» gözüň näme tapawudy bar? b) Peýdaly zatlar barada oýlanmak näme üçin wajyp we bu babatda Filipililer 4:8-de nähili maslahat berilýär?

18 Biz her gün özüne çekiji göwün açmalara duş gelýäris we olar gitdigiçe köpelýär. Biz Isanyň gözüň «sag bolsun» diýen duýduryşyna has ünsli bolmaly (Mat. 6:22, 23). «Sag» göz Hudaýyň islegini berjaý etmeklige gönükdirilýär. «Şikesli» göz bolsa, mekir, açgöz we biderek zatlara seredýär.

19 Gözüň pikirimize we ýüregimize täsir edýänini unutmaň. Şonuň üçin peýdaly zatlar barada oýlanmak wajypdyr (Filipililer 4:8-i okaň). Biz hem mezmurçy ýaly: «Gözümi biderek zatlary görmekden sow» diýip, doga edip bileris. Şondan soň dogamyza görä hereket etsek, Ýehowanyň bizi «Öz ýolunda direltjegine» ynanyp bileris (Zeb. 119:37; Ýew. 10:36).

Biz nämäni unutmaly däl

• Gözüň, pikiriň we ýüregiň nähili baglanyşygy bar?

• Näme üçin pornografiýa seretmek howply?

• Gözüň «sag» bolmagy näme üçin wajyp?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş