«Hudaýyň çuň pikirlerini» barlamak
«Ruh ähli zady, Hudaýyň çuň pikirlerini-de barlaýandyr» (1 KORINTOSLYLAR 2:10).
1. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy hakykatlary bilenimizde köp şatlyk tapýarys?
ILKINJI gezek hakykaty bilenimizde, biziň köpümiziň begenendigimiz ýadymyzdadyr. Biz Ýehowanyň adynyň näme aňladýandygyny, onuň näme üçin horluklara ýol berýändigini, käbir adamlaryň näme üçin göge gidýändigini we gelejekde Hudaýa wepaly adamlara nämäniň garaşýandygyny bildik. Mümkin, biz Mukaddes Ýazgylary öň okan bolsak-da, bu hakykatyň köp adamlara gizlin bolşy ýaly, bize hem gizlindi. Bizi suw galyňlygynda, onuň astyndaky merjen gaýalaryna siňe seredýän adama meňzetse bolýar. Şeýle adamyň ýörite enjamy bolmasa, suwasty dünýäniň owadanlygyna doly baha berip bilmez. Ýöne ol suwastynda ýüzmek üçin maskany geýse we äýnegi dakynsa ýa-da düýbi aýnaly gaýykda bolsa, onda dürli reňkli ýalpyldaýan merjenleri, balyklary, aktiniýalary (deňiz haýwany we dürli reňkdäki güllüje ösümlik) we başga-da ajaýyp ýaradylan zatlary görer. Şunuň ýaly, biziň bilen hem Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçenlerinde, ilkinji gezek «Hudaýyň çuň pikirlerini» bildik (1 Korintoslylar 2:8—10).
2. Hudaýyň Sözüni öwrensek, näme üçin hemişe şatlanarys?
2 Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty ýüzleý bilmek bilen kanagatlanyp bolarmy? «Hudaýyň çuň pikirleri» diýen jümle, Hudaýyň akylyna düşünmegi aňladýar. Ol mesihçilere mukaddes ruh arkaly aýan bolup, başga adamlardan gizlindir (1 Korintoslylar 2:7). Hudaýyň paýhasy bize öwrenmek üçin çäksiz mümkinçilikler berýär. Bu bizi örän şatlandyrýar! Biz Hudaýyň pahasly ýollaryny hiç haçan doly öwrenip bilmeris. Mukaddes Ýazgylardaky esasy taglymatlary birinji gezek eşidenimizde tapan şatlygymyzy ýitirmezlik üçin, «Hudaýyň çuň pikirlerini» öwrenmegi dowam etmeli.
3. Imanymyzyň nämä esaslanandygyny anyk bilmeklik näme üçin wajyp?
3 Näme üçin «çuň pikirlere» düşünmek gerek? Eger biz diňe ynanýan zadymyza däl-de, eýsem oňa näme üçin ynanýandygymyza düşünsek — dünýägaraýşymyzyň esasynda — biziň imanymyz berkär. Mukaddes Ýazgylar bizi «Hudaýyň halaýan oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly», «paýhasly bolmaga» çagyrýar (Rimliler 12:1, 2). Biz näme üçin Ýehowanyň isleýşi ýaly ýaşamalydygyna düşünsek, şonda oňa gulak asmaklygy ýüregimize berk düweris. «Çuň pikirler» baradaky bilim synaglara garşy durmaga we kanunsyz işlere goşulmazlyga kömek edýär. Bilim bizi «ýagşylyk etmäge yhlasly» bolmaga höweslendirýär (Titus 2:14).
4. Mukaddes Ýazgylar okuwyna nämeler degişli?
4 Haýsydyr bir tema çuňňur düşünmek üçin ony öwrenmeli. Ýöne öwrenmek diňe bir ýüzleý okamagy aňlatmaýar. Öwrenmek — okan zadyň anygyna ýetmegi we öňki bilýän zatlaryňy täze okan maglumatyň bilen deňeşdirip öwrenmegi aňladýar (2 Timoteos 1:13). Şeýle-de okan zadyň delillerine-de üns beremek wajypdyr. Mukaddes Ýazgylary öwrenenimizde, okan zadymyzyň bize paýhasly karara gelmäge nädip kömek etjekdigi we beýleki adamlara nähili peýdasynyň boljakdygy barada oýlanmaly. «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy... peýdaly» bolany üçin, «Hudaýyň agzyndan çykan her bir sözi» öwrenmeli (2 Timoteos 3:16, 17; Matta 4:4). Mukaddes Ýazgylary öwrenmekde tagalla etmek gerek bolýar. Ýöne ol hiç zada deňäp bolmajak şatlyk getirýär! Şeýle-de «Hudaýyň çuň pikirlerine» düşünmek kyn däl.
Ýehowa kiçigöwünli adamlara düşünmäge kömek edýär
5. «Hudaýyň çuň pikirlerine» düşünmäge kim ukyply?
5 Eger-de siz mekdepde iň göreldeli okuwçy bolmasaňyz-da, okamagy endik edinmeseňiz-de «Hudaýyň çuň pikirlerine» düşünmek kyn bolar öýtmeli däl. Isanyň ýer ýüzünde gulluk eden döwründe Ýehowa öz niýetini akyldarlardan, düşünjelilerden gizläp, Hudaýyň gullukçysyndan öwrenmek isleýän bilimsiz, sada we kiçigöwünli adamlara açdy. Şeýle adamlary abraýly okuwy gutaran paýhasly adamlar bilen deňäniňde çagalar ýalydy (Matta 11:25; Resullaryň işleri 4:13). Pawlus resul imandaşlaryna ýazan hatynda «Hudaýyň özüni söýenler üçin taýýarlan zatlary» barada şeýle diýdi: «Bize bolsa Hudaý muny Öz ruhy arkaly aýan etdi; sebäbi, Ruh ähli zady, Hudaýyň çuň pikirlerini-de barlaýandyr» (1 Korintoslylar 2:9, 10).
6. 1 Korintoslylar 2:10-y düşündiriň.
6 Mukaddes ruh nädip «ähli zady, Hudaýyň çuň pikirlerini-de» barlaýar? Ýehowa her bir mesihçä hakykaty aýratynlykda açman, mukaddes ruhy arkaly guramasyna ýolbaşçylyk edip, agzybir halkyna onuň üsti bilen Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek edýär (Resullaryň işleri 20:28; Efeslilere 4:3—6). Bütin dünýäde ähli Ýehowanyň Güwäçileri Mukaddes Ýazgylary bir meýilnama boýunça okaýar. Ýygnaklarda Mukaddes Ýazgylaryň ähli taglymatlary öwrenilýär. Ýygnaklar arkaly mukaddes ruh adamlara «Hudaýyň çuň pikirlerini» düşünmek üçin gerekli häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär (Resullaryň işleri 5:32).
«Hudaýyň çuň pikirleri» näme?
7. Näme üçin köp adamlar «Hudaýyň çuň pikirlerine» düşünmeýärler?
7 «Çuň pikirlere» kyn taglymatlar degişlidir öýtmeli däl. Köp adamlardan «Hudaýyň çuň pikirleri» gizlindiginiň sebäbi, Onuň akyldarlygyna düşünmegiň kyndygy üçin däl-de, Şeýtan Ýehowanyň guramasy arkaly berýän kömegini kabul etmez ýaly, olaryň aňyny küteltdi (2 Korintoslylar 4:3, 4).
8. Pawlus efeslilere ýazan hatynyň üçünji babynda nähili «çuň pikirler» barada aýdýar?
8 Pawlus resul efeslilere ýazan hatynyň üçünji babynda köp hakykatyň «Hudaýyň çuň pikirlerine» degişlidigini aýdýar. Olary Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi gowy bilýärler: meselem, wada edilen Nesliň kimindigini, gökde ýaşamaga umyt edýän adamlaryň saýlanandygyny we Hudaýyň Patyşalygynyň nämedigini. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Ine, Hudaýyň mukaddes resullaryna, pygamberlerine Ruh arkaly aýan edilişi ýaly, öňki nesillere bildirilmedik bu syr şeýle: özge milletler hem mirasa şärikdir, olar hem bir teniň agzalary bolup, Hoş Habar arkaly Mesih Isada berlen wada şärikdir». Pawlus resul «Hudaýdaky ezelden gizlin syryň nähili düzgünleşdirilişini ähli adamlara aýdyňlaşdyrmaga» kömek etmegiň özüne ynanylandygyny aýdýar (Efesliler 3:5—9).
9. Näme üçin «Hudaýyň çuň pikirlerine» düşünmeklik uly hormatdyr?
9 Pawlus Hudaýyň islegi barada şeýle diýdi: «Hudaýyň köp taraply akyldarlygy... imanlylar ýygnagy arkaly asmandaky älemde... bildirildi» (Efesliler 3:10, 11). Perişdeler Ýehowanyň paýhasyna akyl ýetirip we onyň halky bilen gatnaşygyna syn edip, köp zady öwrenýärler. Perişdeleriň nazar salasy gelýän zatlaryna düşünmek, bu uly hormat! (1 Petrus 1:10—12) Soňra Pawlus resul «hemme mukaddesler bilen bilelikde... [mesihçiler imanynyň] giňligini, uzynlygyny, belentligini we çuňňurdygyny düşünmäge» höweslendirdi (Efesliler 3:11, 18). Geliň, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata düşünmäge kömek edýän «Hudaýyň çuň pikirleriniň» birnäçe mysallaryna seredeliň.
«Hudaýyň çuň pikirleriniň» mysallary
10, 11. Mukaddes Ýazgylara görä, Isa haçan gökdäki «aýalyň» «nesliniň» esasy bölegi boldy?
10 Biz Barlyk 3:15-den Hudaýyň gökdäki «aýalynyň» «nesliniň» esasy bölegi Isadygyny bildik. Muňa has gowy düşünmek üçin, özümize şeýle soraglary bermeli: Isa haçan wada edilen Nesil boldy? Gökde ýaşan mahalymy, ýer ýüzünde doglandamy, suwda çokundyrylandamy ýa-da direlenden soňra?»
11 Hudaý guramasynyň gökdäki böleginden, ýagny pygamberlik edilen «aýaldan» nesliň doguljakdygyny we ýylanyň başyny onuň tokmaklajakdygyny wada berýär. Şondan bäri müňlerçe ýyl geçse-de, Hudaýyň aýdan «aýaly» Şeýtany we onuň işlerini ýok etjek nesli dogurmady. Işaýanyň pygamberliginde oňa «önelgesiz» we «ýürekden gynanýan» diýilýär (Işaýa 54:1, 5, 6). Ahyry, Isa Beýtullahamda dogulýar. Ýöne ol suwda çokundyrylyp, mukaddes ruh arkaly mesh edilenden soňra, Hudaýyň ruhy ogly bolýar. Şonda Ýehowa oňa: «Meniň... Oglum Bu» diýdi (Matta 3:17; Ýahýa 3:3). Şondan aýalyň «nesliniň» esasy bölegi peýda boldy. Soňra Isanyň şägirtleri mukaddes ruh bilen mesh edilip, ogullyga alyndy. Köp wagtlap «önelgesiz» bolan «aýal», ahyry «şatlykdan ýaňa gygyryp» bildi (Işaýa 54:1; Galatýalylar 3:29).
12, 13. Ýer ýüzündäki ähli mesh edilen mesihçiler «sadyk hem akylly hyzmatkär» toparyny aňladýandygyny Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlar subut edýär?
12 Bize «Hudaýyň çuň pikirleriniň» açylan ikinji mysaly, bu Onuň adamlardan 144 müňüni saýlamak niýetidir (Ylham 14:1, 4). Biz mesh edilen mesihçileriň haýsy döwürde ýaşandygyna garamazdan, ählisiniň «sadyk hem akylly hyzmatkär» toparyna degişlidigine ynanýarys. Olar Isanyň aýdyşy ýaly, içerisindäkilere wagtly-wagtynda «nahar» paýlaryny berýärler (Matta 24:45). Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlar bu taglymatyň dogrudygyny subut edýär? Isa doganlaryny ruhy taýdan iýmitlendirýän her bir mesihçini sadyk hyzmatkär hasaplaýarmy?
13 Hudaý Ysraýyl halkyna: «Siz meniň güwäçilerim... meniň saýlan gullukçym» diýdi (Işaýa 43:10). Ýöne b. e. 33-nji ýylyň nisan aýynyň on birine, Isa dini ýolbaşçylara Hudaýyň olary öz halky hasaplamaýandygyny aýtdy. Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler». Isa ýehudylara: «Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar» diýdi (Matta 21:43; 23:38). Bu hyzmatkär, Ysraýylyň öýi, ne akylly, ne-de sadyk boldy (Işaýa 29:13, 14). Soňra şol gün Isa: «Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?» diýen soragy berende, aslynda, ol: «Ysraýylyň ornuny tutjak kim akylly halk we Hudaýyň sadyk hyzmatkäri bolar?» diýdi. Petrus resul mesh edilen mesihçilere ýüzlenende, bu soragyň jogabyny aýdýar: «Siz... saýlanan nesil... mukaddes milletsiňiz» (1 Petrus 1:4; 2:9). Indi, bu ruhy halk, «Hudaýyň Ysraýyly», Ýehowanyň hyzmatkäri boldy (Galatýalylar 6:16). Gadymy Ysraýylyň ähli ýolbaşçylary bir «gullukçyny» aňladyşy ýaly, ýer ýüzünde her hili aýratyn döwürde ýaşaýan mesh edilen mesihçileriň ählisi bir «sadyk hem akylly hyzmatkär» toparyny aňladýar. Hudaýyň hyzmatkäri arkaly «nahar» paýyny almak, biziň üçin uly hormat!
Şahsy okuwyň berýän şatlygy
14. Näme üçin Mukaddes Ýazgylary okamak adaty okuwdan köp şatlyk berýär?
14 Biz Mukaddes Ýazgylardan bir zat bilip, imanymyzyň berkeýändigine, begenmeýärismi? Şonuň üçin hem, Mukaddes Ýazgylary okamak adaty okuwdan köp şatlyk berýär. Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary okanymyzda, özümize şeýle soraglary bermeli: «Şu soragyň düşündirilişi, meniň öňki düşünjäm bilen nähili baglanyşygy bar? Nähili deliller we Mukaddes Ýazgylardaky haýsy goşmaça aýatlar makalanyň netijesini tassyklaýar?» Eger goşmaça barlag geçirilmeli bolsa, onda ýüze çykan soragy ýazyp alyň we hökmän jogabyny biljek boluň.
15. Öwrenmek üçin haýsy temalar örän gyzykly bolar we haýsy ýagdaýda şahsy okuwy uzak wagtlap peýdaly bolar?
15 Öwrenmek üçin haýsy temalar düşünjäňizi giňeltmäge kömek eder? Siz adamlaryň peýdasy üçin Hudaýyň baglaşan dürli ähtlerini çuňňur öwrenip bilersiňiz. Isa Mesih baradaky pygamberlikleri we Mukaddes Ýazgylardaky pygamberler kitabynyň birini aýatma-aýat giňişleýin öwrenseňiz, imanyňyzy berkidip bilersiňiz. «Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary»a diýen kitap arkaly, Ýehowanyň Güwäçileriniň guramasynyň häzirki taryhyny öwrenseňiz peýdaly bolar. «Garawul Diňi» jurnalynyň «Okyjylaryň sowallary» diýen bölümdäki sowallary gaýtalamak hem size Mukaddes Ýazgylaryň käbir aýatlaryna gowy düşünmäge kömek eder. Esasanam, Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlary delil hökmünde getirilýändigine üns beriň. Bu size paýhasly bolmaga we «saýgarma ukybyňyzy» artdyrmaga kömek eder (Ýewreýler 5:14). Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda, gelejekde özüňize we başga adamlara peýdaly boljak pikirleri, kitabyňyzda ýa-da depderiňizde bellik ediň.
Ýaşlara Mukaddes Ýazgylar şahsy okuwyny söýmäge kömek et
16. Ýaşlar Mukaddes Ýazgylary şatlyk bilen öwrener ýaly nädip kömek etmeli?
16 Ata-eneler çagalaryna Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge höweslendirmekde köp zat edip biler. Olar hakykatyň çuň pikirlerine düşünmez öýdüp, çagalarynyň ukybyna kembaha bermeli däl. Ýetginjeklere haýsyda bir temany maşgala okuwyna taýýarlamagy we öwrenen zatlaryny gürrüň bermegi tabşyryp bilersiňiz. Çagalar imanyny gorap, berk pikirini subut edip biler ýaly, okuw geçirilýän wagty olar bilen dürli ýagdaýlary sahnalaşdyryň. «Ajaýyp ýurda» serediň»b diýen broşýura çagalaryňyza Mukaddes Ýazgylar geografiýasy bilen tanyşmaga we Mukaddes Ýazgylary her hepdede okamak üçin berilýän materialy düşündirmäge kömek eder.
17. Mukaddes Ýazgylar şahsy okuwyny geçeniňizde, näme üçin paýhasly bolmaly?
17 Mukaddes Ýazgylar şahsy okuwy ruhy taýdan peýdaly we gyzykly bolup biler, ýöne ol ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmaga päsgel bermeli däl. Sebäbi ýygnaklarda «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly Ýehowadan öwrenmäge ýene-de bir mümkinçilik döredýär. Ýöne şahsy okuw ýygnak duşuşyklarynda, meselem, kitap öwrenilýän ýa-da Teokratik gulluk mekdebinde Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler alyşylanda, ruhlandyryjy jogap bermäge kömek edýär.
18. Näme üçin «Hudaýyň çuň pikirlerini» öwrenmek üçin tagalla etmeli?
18 Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenseňiz, size Ýehowa ýakynlaşmaga kömek eder. Şeýle şahsy okuwyň gymmatlygy barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Akyldarlyk pul ýaly gorag bolup biler, ýöne bilim bilen akyldarlygyň artykmaçlygy, olara eýe bolanlaryň ýaşaýşyny goraýar» (Wagyzçy 7:12). Elbetde, hakykat bilimini artdyrmak üçin tagalla etmegimize degýär. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň Sözüni yzygiderli öwrenýänler «Hudaýy tanar» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 2:4, 5).
Düşündirip bilersiňizmi?
• «Hudaýyň çuň pikirleri» näme?
• Näme üçin «Hudaýyň çuň pikirlerini» yzygiderli öwrenmeli?
• Näme üçin ähli mesihçiler «Hudaýyň çuň pikirlerine» düşünip, şatlanyp biler?
• «Hudaýyň çuň pikirlerini» nädip doly düşünip bolar?