Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/10 sah. 30—32
  • Titusa, Filimuna we Ýewreýlere ýazylan hatlardan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Titusa, Filimuna we Ýewreýlere ýazylan hatlardan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • RUHY TAÝDAN BERK GALMAK
  • (Titus 1:1—3:15)
  • «SÖÝGINIŇ HATYRASYNA» HAÝYŞ ETMEK
  • (Flm. 1—25)
  • «KÄMILLIGE TARAP ILERLÄLIŇ»
  • (Ýew. 1:1—13:25)
  • Pawlus Rimde
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Pawlus «birkemsiz wagyz etdi»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Filimun kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/10 sah. 30—32

Ýehowanyň Sözi diri

Titusa, Filimuna we Ýewreýlere ýazylan hatlardan peýdaly pikirler

PAWLUS RESUL b. e. 61-nji ýylynda Rimde ilkinji tussaglykdan azat bolýar. Şondan birnäçe wagt soň, ol Girit adasyna barýar. Ol ýerdäki ýygnagyň ruhy taýdan kömege mätäçdigini görüp, doganlary ruhlandyrmak üçin Titusy şol ýerde goýup gaýdýar. Soňra Pawlus Makedoniýadan Titusa hat ýollap, tabşyrlan ýumşy ýerine ýetirer ýaly görkezme beren bolmaly. Şeýle-de bu hat Titusyň resullaryň tabşyrygy boýunça hereket edýändigini tassyklaýar.

Mundan biraz öň, b. e. 61-nji ýylynda Pawlus tussagdaka Kolosedäki mesihçi dogany Filimuna hat ýazýar. Bu Pawlusyň dostuna ýazan haýyş hatydy.

Şeýle-de Pawlus takmynan b. e. 61-nji ýylynda Ýahudadaky ýewreý imandaşlaryna hat ýazýar. Ol hatynda ýehudy dininden mesihçiler dininiň artykmaçlygyny görkezýär. Bu üç hatda hem biziň üçin peýdaly maslahatlar bar (Ýew. 4:12).

RUHY TAÝDAN BERK GALMAK

(Titus 1:1—3:15)

Pawlus Titusa «her şäherde ýaşulylar bellemek» barada görkezme berensoň, «imanda sagdyn bolmaklary üçin olara (gulak asmaýanlara) berk käýe» diýip maslahat berdi. Ol Giritdäki ýygnaklaryň ähli agzalaryna «hudaýsyzlygy... ret edip... sagdyn düşünjeli... ýaşamagy» maslahat berdi (Titus 1:5, 10—14; 2:12, 13).

Pawlus Giritdäki doganlaryň ruhy taýdan berk galmagyna kömek etmek üçin, Titusa birnäçe maslahat berdi. Ol Titusa «boş jedellerden... Mukaddes Kanun hakdaky çekişmelerden» gaça durmagy ündedi (Titus 3:9).

Sowallaryň jogaby:

1:15 — Nädip «tämiz ýürekliler üçin bar zat tämiz», emma «ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz» bolup bilmeýär? Muňa jogap bermek üçin, Pawlusyň «bar zat» diýen sözüniň näme aňladýandygyna düşünmek gerek. Bu ýerde Pawlus Hudaýyň Sözünde göni ýazgarylýan zatlar barada däl-de, mesihçileriň wyždanyna görä gelýän kararlary barada aýdýar. Hudaýyň kadalary boýunça pikir edýän adamlar üçin, şeýle kararlar arassady. Nädogry pikir edýän we ynsaby çirkliler üçin bu kararlar tämiz däldia.

3:5—7 — Nädip mesh edilen mesihçiler aklanyp gutulýar we Mukaddes Ruh bilen täzelenýär? Hudaý olary Isanyň döken gany, ýagny töleg gurbany arkaly aklaýandygy üçin, aklanyp gutulýarlar. Olar ruhda doglan Hudaýyň ogullary hökmünde «täze mahluk» bolup, mukaddes ruh bilen täzelenýär (2 Kor. 5:17).

Biziň üçin sapak:

1:10—13; 2:15. Mesihçi ýaşulular ýygnagyň kemçiligini batyrgaýlyk bilen düzetmeli.

2:3—5. Şu günlerem I asyrdaky ýaly, ruhy taýdan ýetişen uýalar «myjabatjy, köp şerap guly däl-de, eýsem ýaşaýyşlarynda sylaga mynasyp, ýagşylygy öwredýänler bolmaly». Şeýle etmek bilen, olar ýygnakdaky «ýaş gelin-gyzlara» öwüt-ündew berip bilerler.

3:8, 14. «Ýagşy işlere» ünsüňi gönükdirmek «oňat we peýdalydyr» — sebäbi bu bize Hudaýa gowy gulluk etmäge we zalym dünýäden daşda durmaga kömek edýär.

«SÖÝGINIŇ HATYRASYNA» HAÝYŞ ETMEK

(Flm. 1—25)

Pawlus Filimunyň imanda we söýgüde gowy görelde görkezeni üçin öwýär. Filimunyň imandaşlaryny ruhlandyrandygyndan Pawlus «uly şatlyk hem teselli tapdy» (Flm. 4, 5, 7).

Pawlus Onesimus barada buýruk bermän, «söýginiň hatyrasyna» haýyş etmek bilen, gözegçileriň ählisine gowy görelde görkezdi. Ol Filimuna: «Sözüme gulak asjagyňa ynam edip, aýdanlarymdan hem känräk etjegiňi bilip saňa ýazýaryn» diýdi (Flm. 8, 9, 21).

Sowallaryň jogaby:

10, 11, 18 — Nädip bir wagtlar «peýdasyz bolan» Onesimus «peýdaly» boldy? Onesimus özdiýenli guldy. Ol Koloseden 1 400 kilometr uzakda ýerleşýän Rime gaçmak üçin, Filimun hojaýynyndan pul ogurlan bolmaly Elbetde, ol Filimun üçin peýdasyzdy. Emma Pawlus Rimde Onesimusa mesihçi, ruhy taýdan dogan bolmaga kömek etdi. Indi bir wagtlar «peýdasyz bolan» gul, «peýdaly» boldy.

15, 16 — Näme üçin Pawlus Filimundan Onesimusy azat etmegi haýyş etmedi? Pawlus Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek we Reb Isa Mesih barada öwretmek ýumşuny wepaly ýerine ýetirmek isleýärdi. Şonuň üçin gul baradaky sosial meselelere goşulmak islemeýärdi (Res. iş. 28:31).

Biziň üçin sapak:

2. Filimun öýüni ýygnak duşuşyklaryny geçirmek üçin berýärdi. Öýümizde wagyz duşuşyklary geçirilýän bolsa, bu uly hormatdyr (Rim. 16:5; Kol. 4:15).

4—7. Biz imanda we söýgüde görelde görkezýän imandaşlarymyzy öwmeli.

15, 16. Biz durmuşda bolýan oňaýsyz ýagdaýlara çendenaşa aladalanmaly däl. Şeýle ýagdaýlar Onesimusyňky ýaly biziň peýdamyza öwrülip biler.

21. Pawlus Filimunyň Onesimusy bagyşlajakdygyna ynanýardy. Şonuň ýaly, göwnümize degen doganlary biz hem bagyşlamaly (Mat. 6:14).

«KÄMILLIGE TARAP ILERLÄLIŇ»

(Ýew. 1:1—13:25)

Pawlus Isanyň töleg gurbanyna iman etmek kanun işlerinden wajypdygyny subut edip, mesihçileriň Düýbüni tutanyň, onuň ruhanylygynyň, gurbanynyň we täze ähtiniň artykmaçlygyny nygtap geçdi (Ýew. 3:1—3; 7:1—3, 22; 8:6; 9:11—14, 25, 26). Bu bilim ýehudylaryň yzarlamalaryndan ejir çekýän ýewreý mesihçilere kömek etmelidi. Pawlus ýewreý imandaşlaryna «kämillige tarap ilerlemäge» çagyrdy (Ýew. 6:1, 2).

Iman etmek mesihçilere nähili derejede wajyp? Pawlus: «Iman etmezden Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir» diýdi. Ol ýewreýlere: «Öňümizde goýlan ýaryşda sabyrly ylgalyň» diýdi. Muny etmäge iman gerek (Ýew. 11:6; 12:1).

Sowallaryň jogaby:

2:14, 15 — Iblis «ölüm güýjüne eýe bolany» üçin islendik adamy biwagt öldürip bilýärmi? Ýok. Emma Şeýtan Erem bagynda pitne turzandan bäri ýalan sözläp, ölüm getirdi, çünki Adam ata ýalançylyk sebäpli günä etdi we ynsan nesline günäni hem ölümi geçirdi (Rim. 5:12). Şeýle-de ýer ýüzünde Şeýtanyň islegini ýerine ýetirýän adamlar Hudaýyň gullukçylaryny yzarlaýarlar we öldürýärler. Isany hem şeýle öldürdiler. Ýöne Şeýtana islendik adamy öldürmäge doly ygtyýar berilmedi. Eger-de oňa şeýle ygtyýar berlen bolsa, Ýehowanyň ähli gullukçylaryny bireýýäm ýok ederdi. Ýehowa halkyny tutuşlygyna goraýar we Şeýtana ýok etmäge ýol bermeýär. Emma käbirimizi Şeýtanyň öldürmegine ýol berse-de, biz islendik ýetirilen zyýany Hudaýyň ýok etjekdigine ynanýarys.

4:9—11 — Biz nädip «Onuň (Hudaýyň) dynçlygyna girýäris»? Hudaý ýaradan altynjy gününden soň, ýer ýüzi we adamlar bilen bagly niýetiniň hökman amala aşjakdygyna ynanyp, eden işlerinden dynç aldy (Bar. 1:28; 2:2, 3). Biz islendik iş bilen özümizi aklajak bolman Hudaýyň görkezen gutulyş ýoluny kabul etsek, şol «dynçlyga gireris». Biz öz bähbidimizi gözlemän, Ýehowa iman edip, Ogluna gulak asyp, onuň yzyna eýersek, her gün dynçlyk tapyp, rahatlanarys (Mat. 11:28—30).

9:16 — «Wesýetnamany» «wesýet eden» kim? «Wesýetnamany» beren Ýehowa, «wesýet eden» bolsa Isa Mesihdir. Bu wesýeti töwellaçymyz Isa janyny berip, töleg gurbany bilen berkitdi (Luka 22:20; Ýew. 9:15).

11:10, 13—16 — Ybraýym haýsy «şähere» garaşýardy? Ol göni manyda däl-de, göçme manydaky şäherdi. Bu şäher Isa Mesih we 144 müň hökümdardan ybarat bolan «asmana degişli Iýerusalimdi» (Ýew. 12:22; Ylh. 14:1; 21:2). Ybraýym Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlygy astynda ýaşamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.

12:2 — Isa nähili «öňüne goýlan begenç ugrunda» pürsdäki «ölüme döz geldi»? Bu onuň gullugy arkaly ýetiljek köp zatlara begenmegidi. Muňa Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak, hökümdarlygyny aklamak we ynsan maşgalasyny ölümden satyn almak degişlidi. Şeýle-de Isa Patyşalyk etmek sylagyny almaga we adamlaryň bähbidine Baş Ruhany bolup gulluk etmäge garaşýardy.

13:20 — Näme üçin täze ähte «ebedi» diýilýär? Munuň üç sebäbi bar: 1) ol hiç haçan täzelenmez; 2) ol hemişelik bolar; 3) «başga goýunlar» Armageddondan soň hem täze ähtden peýdalanar (Ýahýa 10:16).

Biziň üçin sapak:

5:14. Biz Mukaddes Ýazgylary erjellik bilen öwrenip, alan bilimimizi durmuşda ulanmaly. Diňe şeýdip «saýgarma ukyplarymyza ýagşy bilen ýamany tanamagy öwredip bileris» (1 Kor. 2:10).

6:17—19. Biziň umydymyz Hudaýyň wadalaryna we antlaryna esaslanýan bolsa, hakykat ýolunda gyşarnyksyz ýöremäge kömek eder.

12:3, 4. Uly synaga ýa-da yzarlama duçar bolanda, «aryp, ruhdan düşmez» ýaly, gullukda üstünlikler etmeli we synagda ukybymyzy kämilleşdirmeli. Biz «ganymyz dökülýänçä», ýagny tä ölýänçäk, synagda berk durmaly (Ýew. 10:36—39).

12:13—15. Biz «ajy köke», ýagny ýygnakda kemçilik gözleýän adamlara «aýaklarymyz üçin göni ýol ýasamaga» päsgel berdirmeli däl.

12:26—28. Hudaýyň elindäki «ýaradylan zatlar» däl-de, bu zalym dünýä we «gök» ýok ediler. Şonda diňe «titremez zatlar», ýagny Hudaýyň Patyşalygy we onuň tarapdarlary galar. Hudaýyň Patyşalygy barada yhlasly wagyz etmek we Hudaýyň prinsipleri boýunça ýaşamak wajypdyr!

13:7, 17. Ýygnagyň gözegçilerine gulak asmak we tabyn bolmak maslahatana eýersek, gowy hyzmatdaşlyk etmäge kömek eder.

[Çykgytlar]

a 2007-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 26, 27-nji sahypalaryna serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş