Matta
9 Isa gaýyga münüp, deňziň beýleki tarapyna geçip, ýaşaýan şäherine bardy+. 2 Onuň ýanyna ysmaz ýatan adamy getirdiler. Isa olaryň imanyny görüp, ysmaz adama: «Alada etme, oglum! Günäleriň bagyşlandy»+ diýdi. 3 Şonda käbir kanunçylar: «Ol Hudaýa dil ýetirýär» diýişdiler. 4 Isa olaryň pikirini bilip: «Siz näme üçin erbet pikir edýäňiz?+ 5 Siziň pikiriňizçe, „Günäleriň bagyşlandy“ diýmek aňsatmy ýa-da „Tur, ýöre“ diýmek?+ 6 Emma siz Ynsan oglunyň günäleri bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyna düşünmegiňiz üçin...» diýdi-de, ysmaz adama: «Tur, düşegiňi alyp, öýüňe gaýt»+ diýdi. 7 Ol hem turup, öýüne gaýtdy. 8 Muny gören märeke juda gorkdy we adama şeýle ygtyýar beren Hudaýy şöhratlandyrdy.
9 Isa gaýdyp gelýärkä, salgythanada oturan Mattany gördi. Isa oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi. Ol hem ýerinden turup, Isanyň yzyna düşdi+. 10 Soňra Isa şägirtleri bilen Mattanyň öýüne myhmançylyga bardy. Olar nahar iýip otyrka*, ençeme salgytçylar we günäkärler gelip, saçak başyna geçdiler*+. 11 Fariseýler olary görüp, Isanyň şägirtlerine: «Mugallymyňyz näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen nahar iýýär?»+ diýdiler. 12 Isa muny eşidip: «Lukman sag adama däl, syrkawa gerek+. 13 Baryň, ilki: „Men gurbanlyk däl, rehimdarlyk isleýärin“+ diýen sözleriň manysyna düşüniň. Men hudaýhon* adamlary däl, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.
14 Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Bizem, fariseýlerem agyz bekleýäris. Seniň şägirtleriň näme üçin agyz beklemeýär?»+ diýdiler. 15 Isa olara şeýle jogap berdi: «Öýlenýän ýigit+ ýanynda bolsa, dostlary ýas tutarmy? Emma öýlenýän ýigit dostlaryndan aýra düşer+, şonda olar agyz beklärler. 16 Hiç kim köne dona täze matadan ýama salmaýar, sebäbi täze mata girip, donuň ýyrtygyny has-da ulaldar+. 17 Hiç kim täze şeraby köne meşiklere* guýmaýar. Eger guýaýsa, onda meşikler ýyrtylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Adamlar täze şeraby täze meşiklere guýýarlar, şonda olaryň ikisi-de zaýalanmaýar».
18 Isa sözüni tamamlamanka, baştutanlaryň biri ýanyna gelip, tagzym etdi-de: «Gyzym eýýäm ölendir. Şonda-da öýüme baryp, üstüne eliňi goý, gyzym direler»+ diýdi.
19 Isa şägirtleri bilen onuň öýüne gitdi. 20 Ýolda barýarka, 12 ýyl bäri gan akma keselinden+ ejir çekýän aýal Isanyň yzyndan gelip, donunyň etegine elini degirdi+. 21 Sebäbi ol içinden: «Donuna elimi degirsem-de sagalaryn» diýýärdi. 22 Isa yzyna öwrülende, aýaly görüp: «Gyzym, gorkma! Seni imanyň sagaltdy»+ diýdi. Aýal şol bada sagaldy+.
23 Isa şol baştutanyň öýüne gelende, tüýdükçileri we zaryn-zaryn aglaşýan märekäni gördi+. 24 Isa olara: «Jaýdan çykyň, gyzjagaz ölenok, uklap ýatyr»+ diýdi. Şonda adamlar ony ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar. 25 Märeke daşaryk çykan badyna, Isa öýe girdi. Ol gyzjagazyň elinden tutdy welin+, ol ýerinden turdy+. 26 Bolan waka töwerekdäki obalara we şäherlere ýaýrady.
27 Isa gaýdyp barýarka, iki kör adam+ yzyna düşüp: «Eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyryp gelýärdi. 28 Isa bir öýe giren badyna ýaňky iki kör adam ýanyna bardy. Isa olardan: «Gözüňizi açyp biljegime ynanýaňyzmy?»+ diýip sorady. Olar: «Hawa, Agam!» diýdiler. 29 Isa olaryň gözlerine elini degrip+: «Goý, imanyňyza görä bolsun» diýdi. 30 Şonda olaryň gözleri açyldy. Isa olara: «Muny hiç kime aýdaýmaň»+ diýip, berk tabşyrdy. 31 Emma olar öýden çykan badyna bolan wakany töwerekdäki obalara we şäherlere ýaýratdylar.
32 Olar gidip barýarka, Isanyň ýanyna jynly, lal adamy getirdiler+. 33 Isa jyny kowanda, lal adam gepläp başlady+. Muny gören märeke haýran galyp: «Ysraýylda beýle zady heniz görmändik»+ diýişdiler. 34 Emma fariseýler: «Ol jynlary jynlaryň hökümdarynyň kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler.
35 Isa ähli şäherlere we obalara aýlanyp, adamlara sinagogalarda öwredýärdi, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärdi, dürli keselli adamlary sagaldýardy+. 36 Isa märekäni görüp, ýüregi awady+, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyzdy, hor-homsy ýaşaýardy+. 37 Isa şägirtlerine: «Dogrudan-da, hasyl bol, ýöne işçi az+. 38 Şonuň üçin hasyl ýygnamaga işçi iberer ýaly+, hasyl Eýesine ýalbaryň» diýdi.