Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Markus 9
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Markus kitabynyň mazmuny

      • Isanyň daş keşbi üýtgeýär (1—13)

      • Jynly oglan sagalýar (14—29)

        • Iman arkaly ähli zat mümkindir (23)

      • Isanyň öljekdigi ýene⁠-⁠de aýdylýar (30—32)

      • Şägirtler kimiň uludygy hakda dawalaşýar (33—37)

      • Bize garşy çykmadyk biziň tarapymyzda (38—41)

      • Günä etdirýän zatlar (42—48)

      • «Duz ýaly tagamly boluň» (49, 50)

Markus 9:1

Parallel aýatlar

  • +Mat 16:28; Luk 9:27

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 144

Markus 9:2

Parallel aýatlar

  • +Mat 17:1—8; Luk 9:28—36

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    5/2018, sah. 4

    «Isa — ýol», sah. 144

Markus 9:5

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: Rebbi.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 144

Markus 9:7

Parallel aýatlar

  • +Zb 2:7; Işa 42:1; Mat 3:17; 2Pe 1:17
  • +5Ms 18:15; Mat 17:5; Luk 9:35; Res 3:22, 23
  • +Luk 3:22; Ýah 12:28

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    5/2018, sah. 4

Markus 9:9

Parallel aýatlar

  • +Mat 12:15, 16; 17:9; Mar 8:29, 30; Luk 9:36

Markus 9:10

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: ýüreginde sakladylar.

Markus 9:11

Parallel aýatlar

  • +Mel 4:5, 6; Mar 8:27, 28
  • +Mat 17:10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 144

Markus 9:12

Parallel aýatlar

  • +Mat 17:11
  • +Dan 9:26
  • +Zb 22:6, 7; Işa 50:6; 53:3; Luk 23:11

Markus 9:13

Parallel aýatlar

  • +Mat 11:13, 14; Luk 1:13, 17
  • +Mat 17:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 144

Markus 9:14

Parallel aýatlar

  • +Luk 9:37

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 146

Markus 9:17

Parallel aýatlar

  • +Mat 17:14—17; Luk 9:38—42

Markus 9:19

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:20
  • +Mat 17:17; Luk 9:41

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 146

Markus 9:23

Parallel aýatlar

  • +Mat 17:20; Mar 11:23; Luk 17:6; Ýah 11:40; Res 14:9, 10

Markus 9:24

Parallel aýatlar

  • +Luk 17:5

Markus 9:25

Parallel aýatlar

  • +Mat 17:18; Mar 1:23—25; Luk 4:34, 35; Res 10:38

Markus 9:28

Parallel aýatlar

  • +Mat 17:19, 20

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 147

Markus 9:29

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 147

Markus 9:30

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 148

Markus 9:31

Parallel aýatlar

  • +Mat 26:2
  • +Mat 16:21; 17:22, 23; Mar 8:31; Luk 9:44, 45

Markus 9:33

Parallel aýatlar

  • +Mat 18:1—5; Luk 9:46—48; 22:24

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 148

Markus 9:34

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 148, 149

Markus 9:35

Parallel aýatlar

  • +Mat 20:26—28; Mar 10:43—45; Flp 2:8, 9

Markus 9:36

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 149

Markus 9:37

Parallel aýatlar

  • +Luk 18:16
  • +Mat 10:40; Luk 9:48; Ýah 13:20

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 149

Markus 9:38

Parallel aýatlar

  • +Luk 9:49

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 150

Markus 9:39

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 150

Markus 9:40

Parallel aýatlar

  • +Luk 9:50

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 150

Markus 9:41

Parallel aýatlar

  • +Mat 10:42; 25:40

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 150

Markus 9:42

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: büdretse.

Parallel aýatlar

  • +Mat 18:6; Luk 17:1, 2

Markus 9:43

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: büdredýän.

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Mat 5:30; 18:8; Kol 3:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 150

Markus 9:44

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A3.

Markus 9:45

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: büdredýän.

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Mat 10:28; 23:33; Luk 12:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 150

Markus 9:46

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A3.

Markus 9:47

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: büdredýän.

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Gal 5:24
  • +Mat 5:29; 18:9; Rim 8:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 150

Markus 9:48

Parallel aýatlar

  • +Işa 66:24

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 76

Markus 9:49

Parallel aýatlar

  • +Luk 17:29

Markus 9:50

Parallel aýatlar

  • +Mat 5:13; Luk 14:34, 35
  • +Kol 4:6
  • +Rim 12:18; Efs 4:29; 1Sl 5:13; Ýew 12:14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 151

Umumy salgylar

Mar. 9:1Mat 16:28; Luk 9:27
Mar. 9:2Mat 17:1—8; Luk 9:28—36
Mar. 9:7Zb 2:7; Işa 42:1; Mat 3:17; 2Pe 1:17
Mar. 9:75Ms 18:15; Mat 17:5; Luk 9:35; Res 3:22, 23
Mar. 9:7Luk 3:22; Ýah 12:28
Mar. 9:9Mat 12:15, 16; 17:9; Mar 8:29, 30; Luk 9:36
Mar. 9:11Mel 4:5, 6; Mar 8:27, 28
Mar. 9:11Mat 17:10
Mar. 9:12Mat 17:11
Mar. 9:12Dan 9:26
Mar. 9:12Zb 22:6, 7; Işa 50:6; 53:3; Luk 23:11
Mar. 9:13Mat 11:13, 14; Luk 1:13, 17
Mar. 9:13Mat 17:12
Mar. 9:14Luk 9:37
Mar. 9:17Mat 17:14—17; Luk 9:38—42
Mar. 9:195Ms 32:20
Mar. 9:19Mat 17:17; Luk 9:41
Mar. 9:23Mat 17:20; Mar 11:23; Luk 17:6; Ýah 11:40; Res 14:9, 10
Mar. 9:24Luk 17:5
Mar. 9:25Mat 17:18; Mar 1:23—25; Luk 4:34, 35; Res 10:38
Mar. 9:28Mat 17:19, 20
Mar. 9:31Mat 26:2
Mar. 9:31Mat 16:21; 17:22, 23; Mar 8:31; Luk 9:44, 45
Mar. 9:33Mat 18:1—5; Luk 9:46—48; 22:24
Mar. 9:35Mat 20:26—28; Mar 10:43—45; Flp 2:8, 9
Mar. 9:37Luk 18:16
Mar. 9:37Mat 10:40; Luk 9:48; Ýah 13:20
Mar. 9:38Luk 9:49
Mar. 9:40Luk 9:50
Mar. 9:41Mat 10:42; 25:40
Mar. 9:42Mat 18:6; Luk 17:1, 2
Mar. 9:43Mat 5:30; 18:8; Kol 3:5
Mar. 9:45Mat 10:28; 23:33; Luk 12:5
Mar. 9:47Gal 5:24
Mar. 9:47Mat 5:29; 18:9; Rim 8:13
Mar. 9:48Işa 66:24
Mar. 9:49Luk 17:29
Mar. 9:50Mat 5:13; Luk 14:34, 35
Mar. 9:50Kol 4:6
Mar. 9:50Rim 12:18; Efs 4:29; 1Sl 5:13; Ýew 12:14
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
  • 43
  • 44
  • 45
  • 46
  • 47
  • 48
  • 49
  • 50
Mukaddes Kitap
Markus 9:1—50

Markus

9 Isa şägirtlerine: «Size hakykaty aýdýaryn, şu ýerdäkileriň käbiri Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigini görmän ölmez»+ diýdi. 2 Alty günden Isa Petrusy, Ýakuby we Ýahýany alyp, bir beýik daga çykdy. Şonda olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi üýtgedi+. 3 Onuň egin⁠-⁠eşigi ap⁠-⁠ak bolup şöhle saçýardy. Ýer ýüzünde hiç kim eşigi şeýle agardyp bilmese gerek. 4 Şägirtler Ylýas bilen Musany hem gördüler, olar Isa bilen gepleşip durdylar. 5 Şonda Petrus Isa ýüzlenip: «Mugallym*, bäri gowy ekeni. Rugsat berseň, üç çadyr guraly: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi. 6 Petrus näme diýjegini bilmeýärdi, sebäbi şägirtler juda gorkupdylar. 7 Şonda olaryň daşyny bulut gurşady. Bulutdan: «Ine meniň söýgüli Oglum+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi+. 8 Olar töweregine seredende, Isadan başga hiç kimi görmediler.

9 Isa şägirtleri bilen dagdan düşüp gelýärkä, Ynsan ogly direlýänçä, gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy+. 10 Olar Isanyň tabşyrygyny ýürekden kabul etdiler*. Ýöne Isanyň direlmeginiň näme aňladýandygy hakda özara gürrüň edýärdiler. 11 Şägirtler Isadan: «Näme üçin kanunçylar ilki Ylýas+ gelmeli diýýärler?» diýip soradylar+. 12 Isa: «Hawa, ilki Ylýas gelmeli we ähli zatlary düzetmelidi+. Onda näme üçin Ynsan ogly köp görgi görer+ we inkär ediler+ diýip ýazylgy? 13 Men size diýýärin, Ylýas eýýäm geldi+. Ýöne ýazylyşy ýaly, olar Ylýasa islänini etdiler»+ diýip jogap berdi.

14 Şeýlelikde, olar beýleki şägirtleriň ýanyna bardylar. Görseler, şägirtleriň daşyna uly märeke üýşüpdir. Kanunçylar olar bilen jedelleşip durdylar+. 15 Adamlar Isanyň gelýändigini görüp haýran galdylar we salamlaşmak üçin ylgap bardylar. 16 Isa: «Näme hakda jedelleşýäňiz?» diýip sorady. 17 Adamlaryň biri: «Mugallym, oglumy getirdim, içinde jyn bar. Jyn oglumy lal etdi+. 18 Oglumyň tutgaýy tutanda agzy köpürjikläp, dişini gyjaýar, halys ysgyndan gaçýar. Onuň içinden jyny çykarmagy şägirtleriňden haýyş etdim, ýöne başarmadylar» diýdi. 19 Isa: «Eý imansyz nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Oglany ýanyma getiriň»+ diýdi. 20 Olar oglany Isanyň ýanyna getirdiler. Jyn Isany gören badyna, oglanyň tutgaýyny tutdurdy. Oglan ýykylyp, iki ýana urundy we agzy köpürjikläp başlady. 21 Isa onuň kakasyndan: «Ogluň haçandan bäri ejir çekýär?» diýip sorady. Ol: «Çagalygyndan bäri. 22 Jyn ony käte oda, käte suwa urup öldürjek bolýar. Bize rehim et, ony sagaldyp bilýän bolsaň, kömek et» diýdi. 23 Isa oňa: «Näme üçin „sagaldyp bilýän bolsaň“ diýýärsiň? Iman edýän üçin ähli zat mümkindir»+ diýdi. 24 Oglanyň kakasy şol bada gygyryp: «Iman edýärin! Eger imanym gowşak bolsa, ony berkit»+ diýdi.

25 Isa adamlaryň ylgaşyp gelýänini görüp, jyna käýedi. Ol: «Eý lal we ker edýän jyn! Saňa buýurýaryn, oglandan çyk⁠-⁠da, gaýdyp girme»+ diýdi. 26 Jyn oglanyň tutgaýyny tutduryp, gygyryp içinden çykdy. Oglan ýerde öli ýaly ýatyrdy. Adamlaryň köpüsi: «Oglan öldi!» diýişdiler. 27 Isa oglanyň elinden tutup ýerinden galdyrdy. Oglan ýerinden turdy. 28 Soňra Isa şägirtleri bilen öýe girdi. Olar ýeke galanlarynda şägirtleri: «Biz näme üçin jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar+. 29 Isa: «Şeýle jyny diňe doga⁠-⁠dilegiň kömegi bilen çykaryp bolýar» diýdi.

30 Soňra Isa şägirtleri bilen ol ýerden gaýtdy. Olar Jeliläniň üstünden geçdiler. Ýöne Isa özüniň nirededigini hiç kimiň bilmegini islemeýärdi. 31 Sebäbi ol şägirtlerine tälim bermek isleýärdi. Isa: «Ynsan ogly duşmanlaryň eline berler. Olar ony öldürerler+, ýöne üç günden direler»+ diýdi. 32 Şägirtleri onuň aýdanlaryna düşünmediler, sorag bermäge⁠-⁠de çekindiler.

33 Isa şägirtleri bilen Kapernawuma geldi. Olar öýe girenlerinde, Isa: «Ýolda näme hakda jedelleşdiňiz?»+ diýip sorady. 34 Olar hiç zat jogap bermediler, sebäbi kimiň uludygy hakda jedelleşipdiler. 35 Şonda Isa oturyp, 12 resulyny çagyrdy⁠-⁠da: «Kim uly bolmak islese, hemmelerden kiçi bolmaly we adamlara hyzmat etmeli»+ diýdi. 36 Isa bir çagany çagyryp, şägirtleriniň öňünde duruzdy⁠-⁠da, çagany gujaklap: 37 «Meniň hatyrama kim şeýle çagany kabul etse+, meni kabul edýändir. Kim meni kabul etse, diňe meni däl, meni Ibereni⁠-⁠de kabul edýändir»+ diýdi.

38 Ýahýa oňa: «Mugallym, bir adam seniň adyň bilen jynlary çykarýan ekeni. Biz oňa gadagan etjek bolduk, sebäbi ol yzymyza düşenok»+ diýdi. 39 Isa olara şeýle diýdi: «Oňa degmäň, sebäbi meniň adym bilen gudrat görkezýän adam men hakda hiç hili erbet zat aýtmaz. 40 Bize garşy çykmadyk adam biziň tarapymyzdadyr+. 41 Size hakykaty aýdýaryn, Mesihiň şägirdi bolanyňyz üçin bir käse suw beren adam sylagsyz galmaz+. 42 Emma kim maňa iman edýän pesgöwünli adamlardan biriniň imanyny gowşatsa*, onda boýnuna degirmen daşyny asyp, deňizde gark bolany has gowy bolardy+.

43 Eliň günä etdirýän* bolsa, kesip taşla. Iki eliň bolubam Jähenneme*, sönmeýän oda taşlananyňdan, bir elsiz ýaşaýşa gowşanyň gowudyr+. 44 *—— 45 Eger aýagyň günä etdirýän* bolsa, kesip taşla. Iki aýagyň bolubam Jähenneme*+ taşlananyňdan, bir aýaksyz ýaşaýşa gowşanyň gowudyr. 46 *—— 47 Eger gözüň günä etdirýän* bolsa, oýup taşla+. Iki gözli bolup Jähenneme* taşlananyňdan, bir gözli bolup Hudaýyň Patyşalygyna gireniň gowudyr+. 48 Jähennemde ne gurçuk ölýändir, ne⁠-⁠de ot sönýändir+.

49 Nahara duz sepilişi ýaly, her bir adamyň üstüne hem ot sepiler+. 50 Duz gowy zat, ýöne ol tagamyny ýitirse, ony ýene⁠-⁠de nädip tagamly edip bolar?+ Duz ýaly tagamly boluň+, biri⁠-⁠biriňiz bilen agzybir ýaşaň»+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş