Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Ýuşa 1:1—24:33
  • Ýuşa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýuşa
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Ýuşa

ÝUŞA KITABY

1 Ýehowanyň guly Musa aradan çykansoň, Ýehowa onuň hyzmatkäri+ Nun ogly Ýuşa*+ şeýle diýdi: 2 «Gulum Musa aradan çykdy+. Indi sen halk bilen ýola düş. Iordandan geçiň-de, ysraýyllara berjek ýurduma gidiň+. 3 Musa söz berişim ýaly, aýak basan ýeriňiz siziňki bolar+. 4 Çölden Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli, günbatarda ýerleşýän Beýik deňze* çenli hetleriň+ tutuş ýurduny size bererin+. 5 Bütin ömrüňe seniň garşyňa çykan adam bolmaz+. Musany goldaýşym ýaly, seni hem goldaryn+. Seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn+. 6 Batyrgaý hem dogumly bol+, ysraýyl halkyny ata-babalaryna wada beren* ýurduma+ sen eltersiň.

7 Ýöne batyrgaý hem dogumly bol! Gulum Musanyň tabşyryşy ýaly, tutuş Kanuny gyşarnyksyz berjaý et, saga-sola sowulma+. Şonda haýsy işiň başyna barsaňam, paýhasly hereket edersiň+. 8 Kanunyň sözleri diliňden düşmesin+. Ähli tabşyryklary birkemsiz berjaý eder ýaly, Kanuny gije-gündiz okap, gowy oýlan*+. Şonda paýhasly hereket edersiň, edeniň ugruna bolar+. 9 Saňa ýene-de aýdýaryn, batyrgaý hem dogumly bol! Gorkma, howsala düşme, nirä gitseň-de, Ýehowa Hudaýyň seni goldar»+.

10 Soňra Ýuşa halkyň ýolbaşçylaryna şeýle buýruk berdi: 11 «Düşelgä aýlanyň-da, halka: „Üç günden Iordandan geçip, Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduna gidersiňiz. Ýola gerek zatlaryňyzy taýynlaň“ diýiň»+.

12 Ýuşa rubenlere, gadlara we manaşa taýpasynyň ýarysyna şeýle diýdi: 13 «Ýadyňyzda bolsa, Ýehowanyň guly Musa+: „Parahat ýaşamagyňyz* üçin, Ýehowa Hudaýyňyz şu ýeri size berýär. 14 Aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garaňyz Iordanyň bäri ýüzünde, meniň* beren mülkümde galsyn+. Batyr erkekleriňiz+ hatar-hatar bolup, doganlary bilen derýadan geçsin+. Doganlaryňyza kömek ediň. 15 Goý, Ýehowa olary-da siz ýaly parahat ýaşatsyn*. Olar Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna girsin. Şondan soň Ýehowanyň guly Musanyň size beren ýurduna, Iordanyň gündogaryna gaýdyp gelersiňiz“+ diýipdi».

16 Şonda olar Ýuşa: «Näme diýseň ederis, nirä iberseň gideris+. 17 Musanyň her bir sözüne gulak asyşymyz ýaly, saňa-da gulak asarys. Goý, Hudaýyň Ýehowa Musany goldaýşy ýaly, seni hem goldasyn!+ 18 Buýrugyňa garşy çykan ýa tabşyrygyňa gulak asmadyk adam hökman öldüriler+. Ýöne sen batyrgaý hem dogumly bol!»+ diýdiler.

2 Soňra Nun ogly Ýuşa Şitimden+ iki içaly iberip: «Gidiň-de, ýurdy, esasanam, Ýerihony gözden geçiriň» diýdi. Içalylar ýola düşüp, Rahaw+ atly ahlaksyz aýalyň öýüne bardylar we gijäni şol ýerde geçirdiler. 2 Ýerihonyň hanyna: «Agşam ýurdumyza ysraýyllardan içalylar gelipdir» diýip habar berdiler. 3 Şonda ol nökerlerini Rahawyň ýanyna iberip: «Öýüňe gelen adamlary çykar, olar içaly, ýurdy gözden geçirmäge gelipdirler» diýdi.

4 Rahaw bolsa iki içalyny gizläp, hanyň nökerlerine: «Hawa, öýüme iki adam geldi, ýöne olaryň kimdigini bilemok. 5 Garaňky düşüp barýarka, şäher derwezesi ýapylmanka gitdiler. Nirä gidenlerini bilemok. Haýal etmän gitseňiz, yzlaryndan ýetersiňiz» diýdi. 6 Aslynda, Rahaw içalylary üçegindäki zygyr* desseleriň arasynda gizläpdi. 7 Nökerler içalylary tutmak üçin Iordanyň ýalpak ýerine+ tarap gitdiler. Olar şäherden çykan badyna, derweze ýapyldy.

8 Içalylar heniz ýatmanka, Rahaw üçege çykyp, olaryň ýanyna bardy. 9 Rahaw olara: «Bilýärin, Ýehowa ýurdy size berer+. Halkymyz sizden öler ýaly gorkýar+, indi hiç kimde ýürek galmady+. 10 Müsürden gelýärkäňiz, Ýehowanyň öňüňizde Gyzyl deňzi guradandygyny+, Iordandan geçmänkäňiz*, amorlaryň iki hany Sihon+ bilen Ogy+ derbi-dagyn edendigiňizi hem eşitdik. 11 Şol zatlary eşidip, ýüregimiz ýaryldy, gorkudan ýaňa hiç kimde gaýrat galmady. Siziň Hudaýyňyz Ýehowa ýerde-gökde ýeke-täk Hudaý!+ 12 Ýalbarýaryn, size ýagşylyk edişim* ýaly, sizem atamyň hojalygyna ýagşylyk etjekdigiňize Ýehowanyň adyndan ant içiň. Sözüňizde durjakdygyňyzy biler ýaly, maňa bir alamat* beriň. 13 Ene-atamy, doganlarymy, olaryň öýündäkileri öldürmäň, hiç birine degmäň»+ diýdi.

14 Içalylar Rahawa: «Biz seniň maşgalaň üçin janymyzy bermäge-de taýyn! Biziň gelenimizi hiç kime aýtmasaň, Ýehowa ýurdy elimize berende, sözümizde durup, size ýagşylyk ederis*» diýdiler. 15 Soňra Rahaw penjireden ýüp sallap, içalylary aşak düşürdi, sebäbi öýi şäher diwaryna degip durdy. Aslynda, onuň öýi şäher diwarynda ýerleşýärdi+. 16 Rahaw olara: «Nökerler sizi tapmaz ýaly, üç gün daglykda gizleniň. Nökerler yzyna gaýdanda, ýoluňyzy dowam edersiňiz» diýdi.

17 Içalylar bolsa: «Biz içen antymyzy hökman berjaý ederis, günä galmarys+. 18 Ýöne ýurdy basyp almaga gelenimizde, penjiräňden şu gyrmyzy ýüpi sallap goý. Ene-ataňy, doganlaryňy, ataň hojalygyny öýüňe ýygna+. 19 Öýden çykan adamyň gany öz boýnunadyr, ölümine biz günäkär bolmarys. Ýöne öýüňde oturan adamlaryň birine zyýan ýetäýse, kellämiz bilen jogap bereris*. 20 Ýöne biziň syrymyzy açsaň+, içen antymyzy berjaý etmeris*» diýdiler. 21 Rahaw: «Goý, aýdyşyňyz ýaly bolsun!» diýdi.

Rahaw içalylary ugratdy. Soňra ol gyrmyzy ýüpi penjirä daňdy. 22 Içalylar şäherden çykyp, daglyga gitdiler. Olary gözleýän nökerler yzyna dolanýança, üç gün daglykda boldular. Nökerler näçe gözleseler-de, olary tapyp bilmän gaýtdylar. 23 Şonda iki içaly dagdan düşüp, derýadan geçdi. Olar Nun ogly Ýuşanyň ýanyna baryp, bolan zatlary birin-birin gürrüň berdiler. 24 Olar Ýuşa: «Ýehowa ýurdy elimize berdi+. Ýurduň ilaty gorkuda otyr»+ diýdiler.

3 Ýuşa daň bilen turdy-da, ysraýyllar bilen Şitimden+ ýola düşüp, Iordanyň boýuna geldi. Olar derýadan geçmän, gijäni şol ýerde geçirdiler.

2 Üç günden halkyň ýolbaşçylary+ düşelgä aýlanyp, 3 şeýle tabşyryk berdiler: «Lewi ruhanylary Ýehowa Hudaýyňyzyň äht sandygyny göterip ýörär+, olary gören badyňyza ýola düşüň. 4 Siz ýola belet däl, şonuň üçin nirä gitmelidigini biler ýaly, takmynan 2 000 tirsek* aralygy saklap, sandygyň yzyndan ýöräň. Emma sandyga golaýlaşmaň».

5 Ýuşa halka: «Özüňizi tämizläň+, ertir Ýehowa size täsin gudratlary görkezer»+ diýdi.

6 Soňra ol ruhanylara: «Äht sandygyny+ alyň-da, halkyň öňünden ýöräň» diýdi. Ruhanylar äht sandygyny alyp, halkyň öňünden ýörediler.

7 Ýehowa Ýuşa şeýle diýdi: «Şu gün ysraýyllaryň öňünde abraýyňy artdyraryn+. Şonda olar Musany goldaýşym ýaly+, seni hem goldaýandygymy bilerler+. 8 Äht sandygyny göterýän ruhanylara: „Iordan derýasyna giriň-de, aýagyňyz suwa degen badyna saklanyň“+ diýip tabşyr».

9 Ýuşa ysraýyllara: «Geliň, Ýehowa Hudaýyňyzyň sözüni diňläň!» diýdi. 10 Soňra ol: «Adamlar, Biribar sizi goldaýar+, muňa özüňizem şaýat bolarsyňyz. Ol kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary, ýabuslary ýurtdan kowup çykarar+. 11 Ine, ýer ýüzüniň Hökümdarynyň äht sandygy öňüňizden Iordan derýasyna girýär. 12 Ysraýylyň her taýpasyndan bir adamy, jemi 12 adamy saýlaň+. 13 Ýer ýüzüniň Hökümdary Ýehowanyň äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasyna aýak basan badyna, derýanyň akymy kesilip, suw diwar ýaly bolup durar»+ diýdi.

14 Halk Iordandan geçmek üçin ýola düşdi. Äht sandygyny+ göterýän ruhanylar halkyň öňünden ýörediler. 15 Şol wagt hasyl döwrüdi, Iordan derýasynyň joşýan wagtydy+. Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasyna ýetip, suwa aýak basan badyna, 16 derýanyň akymy kesildi. Suw uzakda, Zaretan şäheriniň golaýynda ýerleşýän Adam şäheriniň deňinde kesilip, diwar ýaly bolup durdy. Iordan derýasynyň Araba deňzine, ýagny Duz deňzine* guýýan tarapy bolsa gurady. Derýanyň akymy kesilende, halk Ýerihona tarap geçdi. 17 Bütin ysraýyl halky gury ýerden ýöräp+, Iordandan geçýänçä, Ýehowanyň äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň ortasynda, gury ýerde durdular+.

4 Bütin halk Iordan derýasyndan geçip bolanda, Ýehowa Ýuşa şeýle diýdi: 2 «Ysraýylyň her taýpasyndan bir adamy, jemi 12 adamy saýlap+, 3 olara: „Iordanyň ortasyndan, ruhanylaryň duran ýerinden+ 12 daş alyň-da, gije düşlejek ýeriňizde goýuň“+ diýip tabşyr».

4 Ýuşa her taýpadan bir adamy, ysraýyllardan saýlan 12 adamyny çagyryp, 5 olara şeýle diýdi: «Ýehowa Hudaýyňyzyň äht sandygynyň öňünden geçiň-de, Iordan derýasynyň ortasyndan heriňiz bir daşy egniňize alyp gaýdyň. Şol daşlary ysraýyl taýpalarynyň sanyna görä goýuň, 6 olar siziň üçin ýadygärlik bolar. Çagalaryňyz: „Daşlar näme üçin goýuldy?“ diýip sorasa+, 7 olara: „Daşlar ysraýyl halky üçin ýadygärlik*+. Ýehowanyň äht sandygyny Iordan derýasyndan geçirenimizde, sandygyň öňünde derýanyň akymy kesilipdi“+ diýiň».

8 Ysraýyllar Ýuşanyň aýdyşy ýaly etdiler. Ýehowanyň Ýuşa tabşyryşy ýaly, Iordan derýasynyň ortasyndan ysraýyl taýpalarynyň sanyna görä 12 daş alyp, şol gije düşlejek ýerinde goýdular.

9 Ýuşa Iordan derýasynyň ortasynda, äht sandygyny göterýän ruhanylaryň duran ýerinde-de+ 12 daşy ýadygärlik edip goýdy, şol daşlar henizem dur.

10 Ýehowanyň Ýuşa arkaly beren buýruklary we Musanyň Ýuşa tabşyran zatlary doly ýerine ýetirilýänçä, äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordanyň ortasynda durdular. Halk bolsa çalt-çalt ýöräp derýadan geçýärdi. 11 Adamlar derýadan geçip bolan badyna, Ýehowanyň äht sandygyny göterýän ruhanylar hem halkyň gözüniň alnynda derýadan geçdi+. 12 Rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy Musanyň tabşyryşy ýaly+, ysraýyl doganlarynyň öňünde hatar-hatar bolup derýadan geçdi+. 13 Söweşe ukyply 40 000-e golaý esger Ýehowanyň öňünde derýadan geçip, Ýerihon düzlügine bardy.

14 Şol gün Ýehowa halkyň öňünde Ýuşanyň abraýyny artdyrdy+. Ysraýyllar Musa çuňňur hormat goýuşlary ýaly+, bütin ömrüne Ýuşa-da çuňňur hormat goýdular.

15 Soňra Ýehowa Ýuşa: 16 «Äht* sandygyny+ göterýän ruhanylara Iordan derýasyndan çykmagy buýur» diýdi. 17 Ýuşa ruhanylara: «Iordandan çykyň» diýdi. 18 Ýehowanyň äht sandygyny göterýän ruhanylar+ Iordandan çykyp, kenara aýak basan badyna, derýa ýene öňküsi ýaly joşup akyp başlady+.

19 Şeýlelikde, halk birinji aýyň onuna Iordandan geçip, Ýerihonyň gündogar serhedinde ýerleşýän Gilgala bardy+.

20 Ýuşa Iordan derýasyndan alnan 12 daşy Gilgalda goýdy+. 21 Soňra ysraýyllara şeýle diýdi: «Gelejekde çagalaryňyz: „Daşlar nämäni aňladýar?“ diýip sorasa+, 22 olara: „Ysraýyl halky Iordan derýasyndan geçende, gury ýerden ýöredi+. 23 Ýehowa Hudaý gözüňiziň alnynda Gyzyl deňzi guradyşy ýaly, Iordan derýasyny hem guratdy. Şeýdip, Ýehowa Hudaýyňyz tutuş halky gury ýerden geçirdi+. 24 Ol muny ýer ýüzündäki ähli halklar Ýehowanyň gudratly güýjüni bilsin diýip etdi+. Şonuň üçin siz hem Ýehowa Hudaýyňyzdan hemişe gorkup ýaşaň“ diýip düşündiriň».

5 Iordanyň günbatarynda ýaşaýan amorlaryň+ we deňiz kenarynda ýaşaýan kenganlaryň+ ähli hanlary Ýehowanyň Iordan derýasyny guradyp, ysraýyl halkyny gury ýerden geçirendigini eşitdiler. Muny eşidip, olaryň ýüregi ýaryldy+, olar ysraýyllardan şeýle bir gorkdular welin, hiç birinde gaýrat galmady+.

2 Şonda Ýehowa Ýuşa: «Çakmakdaşdan pyçak ýasap, ysraýyl erkeklerini sünnetle*»+ diýdi. 3 Ýuşa çakmakdaşdan pyçak ýasap, Gibeýat-haralotda*+ ysraýyl erkeklerini sünnetledi. 4 Sebäbi Müsürden çykan söweşe ukyply* ähli erkekler çölde heläk bolupdy+. 5 Müsürden çykan erkekler sünnetlenipdi, ýöne olaryň çölde doglan ogullary sünnetlenmändi. 6 Ýehowa ata-babalarymyza süýt bilen bal akýan ýurdy+ berjekdigine ant içipdi+. Emma Müsürden çykan adamlar Ýehowa gulak asmadylar+, şonuň üçin ählisi gyrlyp gutarýança, ysraýyllar 40 ýyllap+ çölde sergezdan boldular. Ýehowa şol erkekleriň ýurdy görmejekdigini aýdypdy+. 7 Hudaý olara derek ogullaryny getirdi+. Ýöne olar çölde sünnetlenmändi. Ýuşa olaryň ählisini sünnetledi.

8 Şeýdip, halkyň ähli erkekleri sünnetlendi. Olar aýaga galýança, düşelgede boldular.

9 Ýehowa Ýuşa: «Şu gün sizi müsürlileriň gyjalatyndan* dyndardym*» diýdi. Şol ýere henizem Gilgal*+ diýilýär.

10 Ysraýyllar Gilgalda bolup, şol aýyň 14-ne agşam Ýerihon düzlüginde Pasha baýramyny bellediler+. 11 Pashanyň ertesi halk ýurduň hasylyndan iýip başlady. Şol gün olar petir*+ bilen gowurga* iýdiler. 12 Ýurduň hasylyny iýen günlerinden başlap, ýere manna düşmedi. Ysraýyllar gaýdyp manna iýmediler+, şol ýyl olar Kengan ýurdunyň hasylyny iýip başladylar+.

13 Ýuşa Ýerihonyň golaýyna barypdy. Görse, öňünde eli gylyçly+ adam dur+. Ýuşa onuň ýanyna baryp: «Sen biziňkilerdenmi ýa duşmanlardan?» diýip sorady. 14 Ol bolsa: «Men Ýehowanyň goşunynyň serkerdesi»+ diýdi. Ýuşa dessine ýüzüni ýere berip, tagzym etdi-de: «Agam, näme hyzmat?» diýdi. 15 Ýehowanyň goşunynyň serkerdesi: «Aýagyňdaky çarygy çykar, sen mukaddes ýerde dursuň» diýdi. Ýuşa şol bada çarygyny çykardy+.

6 Ysraýyllardan gorkup, Ýerihonyň ilaty derwezelerini berk gulplapdy, şähere girýänem, çykýanam ýokdy+.

2 Ýehowa Ýuşa şeýle diýdi: «Ýerihony, hanyny, tutuş goşunyny eliňe berýärin+. 3 Esgerleriňiz günde bir gezek şäheriň daşyndan aýlansyn. Alty günläp şeýle ediň. 4 Ýedi ruhany surnaý* çalyp, äht sandygynyň öňünden ýöresin. Ýedinji gün şäheriň daşyndan ýedi gezek aýlanyň, ruhanylar hem surnaý çalsyn+. 5 Surnaý çalnan badyna, esgerler söweş üçin batly gygyrsyn, şonda şäheriň diwary ýykylar+. Esgerler derrew şähere çozsun».

6 Nunuň ogly Ýuşa ruhanylary ýygnady-da: «Äht sandygyny göteriň. Ýedi ruhany eline surnaý alyp, Ýehowanyň äht sandygynyň öňünden ýöresin»+ diýdi. 7 Esgerlere bolsa: «Gidiň-de, şäheriň daşyndan aýlanyň. Ýaragly esgerler+ Ýehowanyň äht sandygynyň öňünden ýöresin» diýip buýurdy. 8 Ýuşanyň tabşyryşy ýaly, ýedi ruhany Ýehowanyň öňünde surnaý çalyp ýöredi. Ýehowanyň äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa olaryň yzyndan gelýärdi. 9 Ýaragly esgerler surnaý çalýan ruhanylaryň öňünden ýörediler, galan esgerler bolsa äht sandygynyň yzyndan ýörediler. Surnaý dynman çalynýardy.

10 Ýuşa esgerlere: «Buýruk berýänçäm, gygyrmaň, sesiňiz çykmasyn, hiç zat geplemäň. „Gygyryň!“ diýemde, gygyrarsyňyz» diýip tabşyrdy. 11 Ýuşanyň buýrugy bilen, Ýehowanyň äht sandygyny şäheriň daşyndan bir gezek aýlap, gijäni düşelgede geçirdiler.

12 Ertesi Ýuşa ir bilen turdy. Ruhanylar Ýehowanyň äht sandygyny göterdiler+. 13 Eli surnaýly ýedi ruhany dynman surnaý çalyp, Ýehowanyň äht sandygynyň öňünden ýöredi. Olaryň öňünden ýaragly esgerler barýardy, galan esgerler bolsa Ýehowanyň äht sandygynyň yzyndan ýöredi. Surnaý dynman çalynýardy. 14 Ertesi günem şäheriň daşyndan bir gezek aýlanyp, düşelgä geldiler. Olar alty günläp şeýle etdiler+.

15 Ýedinji gün daň bilen, jahan ýagtylan badyna, şäheriň daşyndan öňki tertipde ýedi gezek aýlandylar. Olar şäheriň daşyndan diňe şol gün ýedi gezek aýlandylar+. 16 Ýedinji aýlawda ruhanylar surnaý çalanda, Ýuşa esgerlere: «Gygyryň!+ Ýehowa şäheri elimize berýär! 17 Şäheri weýran ediň, ähli zadyny ýok ediň+. Şäher tutuşlygyna Ýehowanyňky. Diňe ahlaksyz aýal Rahawy+ maşgalasy bilen diri galdyryň, sebäbi Rahaw içalylary gizläpdi+. 18 Ägä boluň, ýok edilmeli zatlara+ göz gyzdyryp, ýekejesini-de alaýmaň+. Ýogsam ysraýyl düşelgesine betbagtçylyk getirip, halky heläk edersiňiz+. 19 Ýöne altyn-kümüşler, misden we demirden ýasalan zatlar Ýehowa bagyş edilmelidir, olar mukaddesdir+, olary Ýehowanyň hazynasyna getiriň»+ diýdi.

20 Surnaý çalnanda, esgerler batly ses bilen gygyrdylar+. Surnaý sesini eşidip, esgerler batly gygyran badyna, şäheriň diwary ýykyldy+. Esgerler derrew şähere çozup, basyp aldylar. 21 Aýal-erkek, garry-ýaş diýmän, şäheriň ilatyny gylyçdan geçirdiler. Öküzlerine, goýunlaryna we eşeklerine çenli gyrdylar+.

22 Ýuşa ýurdy gözden geçiren iki içala: «Ahlaksyz aýalyň öýüne baryň-da, söz berişiňiz* ýaly, maşgalasy bilen alyp gaýdyň»+ diýdi. 23 Şonda iki ýigit Rahawy, ene-atasyny, doganlaryny, öýündäkileri alyp gaýtdy+. Rahawyň tutuş maşgalasyny sag-aman öýünden çykaryp, ysraýyl düşelgesiniň golaýyna getirdiler.

24 Soňra şäheri otladylar, altyn-kümüşleri, misden we demirden ýasalan zatlary bolsa Ýehowanyň öýüniň hazynasyna getirdiler+. 25 Ýuşa diňe ahlaksyz aýal Rahawy, öý-içerisini, atasynyň hojalygyny diri galdyrdy+. Rahaw häzirem ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýar+, sebäbi ol Ýuşanyň Ýerihona iberen içalylaryny gizläpdi+.

26 Şonda Ýuşa: «Kim Ýerihony dikeldip başlasa, goý, ol Ýehowanyň öňünde gargyşa galsyn! Şäheriň düýbüni tutan güni nowbahar oglundan, derwezesini oturdan güni körpe oglundan aýrylsyn»+ diýip ant içdi*.

27 Ýehowa Ýuşany goldaýardy+, onuň at-abraýy bütin dünýä ýaýrady+.

7 Emma ysraýyllar Hudaýa biwepalyk edip, ýok edilmeli zatlar baradaky tabşyrygy bozdular. Ýahuda taýpasynyň zera tiresinden, Zabdynyň agtygy, Karminiň ogly Ahan+ ýok edilmeli zatlaryň+ käbirini aldy. Şonda Ýehowanyň ysraýyllara gahary geldi+.

2 Ýuşa Ýerihondan Aý şäherine+ adam iberip: «Gidiň-de, ýurdy gözden geçiriň» diýdi. Aý şäheri Beýtaweniň golaýynda, Beýteliň+ gündogarynda ýerleşýärdi. Olar gidip, Aý şäherini gözden geçirdiler. 3 Soňra Ýuşanyň ýanyna gelip: «Şäheriň ilaty az eken, iki-üç müň esger bilenem basyp alyp bolýar, tutuş goşuny ibermek gerek däl. Esgerleri kösäp, hemmesini iberip oturma» diýdiler.

4 Şeýlelikde, 3 000 esger söweşe gitdi. Emma olar Aý şäheriniň adamlaryndan ýeňlip gaçdylar+. 5 Aý şäheriniň adamlary ysraýyllary derwezeden aşaklygyna Şebarime* çenli kowaladylar. Ysraýyllaryň 36 esgeri wepat boldy. Şonda olar gorkup, howsala düşdüler*.

6 Ýuşa bilen halkyň ýaşululary ýakasyny ýyrtyp, agşama çenli Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde bagryny ýere berip ýatdylar, başyndan gum sowurdylar. 7 Ýuşa: «Eý Älemiň Hökümdary Ýehowa, halky amorlaryň eline bermek üçin Iordandan geçirdiňmi? Iordanyň aňyrsynda* galan bolsak gowy bolardy! 8 Ýehowa, günämi geç, başga näme diýeýin? Halk duşmandan ýeňlip gaçdy. 9 Indi kenganlar we ýurtdaky beýleki halklar muny eşidip, daşymyzy gabamazmy? Olar halkyňy gyrsa, beýik adyňa ysnat gelmezmi?»+ diýdi.

10 Ýehowa Ýuşa: «Ýeriňden tur! Näme ýüzüňi ýere berip ýatyrsyň? 11 Ysraýyllar günä etdiler, tabşyrygyma gulak asman, ähtimi bozdular+. Ýok edilmeli zatlardan+ ogurlap+ gizlediler+. 12 Şonuň üçin ysraýyllar duşmana garşy durup bilmez, gaýtam ýeňlip gaçarlar. Halk başyna bela satyn aldy*. Ýok edilmeli zatlary araňyzdan aýyrmasaňyz, size kömek etmerin+. 13 Tur-da, halka tämizlenmegi tabşyr+. Olara şeýle diý: „Ertire çenli özüňizi tämizläň, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Eý ysraýyl halky, araňyzda ýok edilmeli zatlar bar. Olary aýyrmasaňyz, duşmana garşy durup bilmersiňiz. 14 Ertir irden ähli taýpalar ýygnansyn. Ýehowa haýsy taýpany saýlasa+, şol taýpa öňe çyksyn. Soňra olardan Ýehowanyň saýlan tiresi öňe çyksyn. Şol tireden haýsy maşgala saýlansa, şol maşgala öňe çyksyn. Ýehowanyň saýlan maşgalasyndaky adamlar ýeke-ýekeden öňe çyksyn. 15 Ýok edilmeli zatlar kimden çyksa, şol adamy ähli zady bilen otlaň+. Sebäbi ol Ýehowanyň ähtini bozup+, Ysraýylda masgaraçylyk etdi“» diýdi.

16 Ertesi Ýuşa daň bilen turup, halky taýpa-taýpa edip öňe çykardy. Şonda ýahuda taýpasy saýlandy. 17 Ýuşa ýahuda taýpasynyň tirelerini öňe çykaranda, zera+ tiresi saýlandy. Zeralar ýeke-ýekeden öňe çykanda, Zabdy saýlandy. 18 Ýuşa Zabdynyň maşgalasyny ýeke-ýekeden öňe çykaranda, ýahuda taýpasynyň zera tiresinden, Zabdynyň agtygy, Karminiň ogly Ahan saýlandy+. 19 Ýuşa Ahana: «Hany, oglum, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň öňünde* etmişiňi boýun al. Näme eden bolsaň, hiç zady gizlemän aýt» diýdi.

20 Şonda Ahan: «Boýun alýaryn, men Ysraýyl Hudaýy Ýehowa garşy günä etdim. 21 Oljalaryň arasynda owadan Şyngar+ donuny, 200 şekel* kümşi, agramy 50 şekel bir tokga altyny görüp durup bilmedim. Olary alyp, çadyrymda gömdüm, altyn-kümşi hem aşagynda goýdum» diýdi.

22 Ýuşa dessine adam iberdi. Olar ylgap, Ahanyň çadyryna baryp görseler, hakykatdanam, don gizlengi eken, aşagynda-da altyn-kümüş bar eken. 23 Olary çadyrdan çykaryp, Ýuşa we ysraýyllara getirip berdiler, soňra Ýehowanyň öňünde goýdular. 24 Ýuşa bilen ysraýyllar Zera ogly Ahany+, onuň alan kümşüni, gymmatbaha donuny, bir tokga altynyny+, ogul-gyzlaryny, öküzlerini, eşeklerini, maýda mallaryny, çadyryny we ähli zadyny Akor jülgesine+ äkitdiler. 25 Ýuşa Ahana: «Näme üçin başymyza bela getirdiň?+ Indi Ýehowa öz başyňa bela getirer» diýdi. Soňra bütin halk olary daşlady+, jesetlerini bolsa ýakdylar+. Şeýlelikde, olaryň ählisi daşlanyp öldürildi. 26 Olaryň üstüne daş üýşürdiler, şol daş üýşmegi henizem dur. Şondan soň Ýehowanyň gahary köşeşdi+. Şol jülgäniň ady Akor* bolup galdy.

8 Ýehowa Ýuşa: «Gorkma, howsala düşme+. Tutuş goşuny al-da, Aý şäherine çoz. Aý şäherini, hanyny, halkyny we ýerlerini eliňe berýärin+. 2 Ýerihony we hanyny edişiň ýaly, Aý şäherini-de, hanyny-da ýok et+. Şäherdäki zatlary we mallary olja alyp bilersiňiz. Esgerler şäheriň arka tarapynda bukuda ýatsyn» diýdi.

3 Ýuşa tutuş goşuny alyp, Aý şäherine çozmaga gitdi. Ol 30 000 batyr esgeri saýlady-da, olary gije şähere ugradyp, 4 şeýle buýruk berdi: «Şäheriň arkasynda bukuda ýatyň. Şäherden uzaklaşmaň, ähliňiz taýyn boluň. 5 Men ýanymdaky esgerler bilen şäheriň golaýyna bararyn. Duşmanlar öňki ýaly üstümize hüjüm eder welin, biz gaçarys+. 6 Olar ýene-de gaçýandyrys öýdüp, yzymyzdan kowalar. Biz bolsa gaçan kişi bolup, olary şäherden uzaklaşdyrarys+. 7 Şonda siz bukudan çykyň-da, şähere çozuň, Ýehowa Hudaý şäheri eliňize berer. 8 Şäheri basyp alyp, ony otlaň+. Ähli zady Ýehowanyň aýdyşy ýaly ediň. Menden buýruk şeýledir».

9 Ýuşa esgerleri iberdi. Olar gidip, Beýtel bilen Aý şäheriniň arasynda, Aý şäheriniň günbatarynda bukuda ýatdylar. Ýuşa şol gije beýleki esgerleriň ýanynda galdy.

10 Ýuşa daň bilen turup, esgerleri ýygnady. Ol halkyň ýaşululary bilen goşunyň öňüne düşüp, Aý şäherine gitdi. 11 Goşun+ şäheriň öňünden baryp, Aý şäheriniň demirgazygynda düşelge gurdy. Şäher bilen goşunyň arasynda jülge bardy. 12 Şol wagt 5 000-e golaý esger Ýuşanyň tabşyryşy ýaly, Beýtel+ bilen Aýyň aralygynda, şäheriň günbatarynda bukuda ýatyrdy+. 13 Goşunyň köp bölegi şäheriň demirgazygynda+, galany bolsa günbataryndady+. Ýuşa şol gije jülgä bardy.

14 Aý şäheriniň hany muny gören badyna, daň bilen şäheriň adamlaryny ýygnap, düzlügiň golaýynda ysraýyllaryň garşysyna çykdy. Emma ol şäheriň arkasynda esgerleriň bukuda ýatandygyny bilmeýärdi. 15 Aý şäheriniň adamlary çozanda, Ýuşa esgerleri bilen çöle tarap gaçyp başlady+. 16 Şonda şäheriň ähli adamlary üýşüp, ysraýyllary kowalamaga gitdiler. Olar Ýuşanyň yzyndan kowalap, şäherden uzaklaşdylar. 17 Aý şäherinde we Beýtelde ýekeje erkek adam hem galmady, ählisi ysraýyllaryň yzyndan gitdi. Olar şäheriň derwezesini-de ýapman, ysraýyllary kowalamaga gitdiler.

18 Ýehowa Ýuşa: «Naýzaňy Aý şäherine uzat+, şäheri eliňe bererin»+ diýdi. Ýuşa naýzasyny şähere uzatdy. 19 Ol elini uzadan badyna, bukuda ýatan esgerler çykyp, şähere çozdular. Olar şäheri basyp aldylar-da, dessine otladylar+.

20 Aý şäheriniň adamlary yzyna seredip, şäherden çykýan gap-gara tüssäni gördüler. Olar aljyrap, nirä gaçjagyny bilmediler. Sebäbi çöle gaçan ysraýyllar yzyna öwrülip, olaryň üstüne gelýärdi. 21 Bukuda ýatan esgerler şäheri basyp alypdy, şäher tüsseläp durdy. Ýuşa bilen ysraýyllar muny görüp, yzyna öwrüldiler-de, Aý şäheriniň adamlaryna hüjüm etdiler. 22 Şäheri basyp alan esgerler hem şäherden çykyp, olaryň üstüne çozdular. Şeýlelikde, Aý şäheriniň adamlary ortada galdy, ysraýyllar olary iki tarapdan gabadylar. Olar duşmanyň ýekejesini-de goýman, ählisini gyrdylar+. 23 Aý şäheriniň hanyny+ bolsa diri ele salyp, Ýuşanyň ýanyna getirdiler.

24 Ysraýyllar yzlaryndan kowalan adamlary çölde gyrdylar, soňra Aý şäherine dolanyp, galan ilatyny hem gylyçdan geçirdiler. 25 Şol gün Aý şäheriniň 12 000 ilaty, aýal-erkekleriň ählisi gyryldy. 26 Aý şäheriniň ilaty bütinleý ýok edilýänçä+, Ýuşa naýzaly elini aşak goýbermedi+. 27 Ýehowanyň Ýuşa tabşyryşy ýaly, ysraýyllar şäherdäki zatlary we mallary olja aldylar+.

28 Ýuşa Aý şäherini otlap, harabaçylyga öwürdi+. Şäher häzirem haraba bolup ýatyr. 29 Ol Aý şäheriniň hanyny öldürip, agşama çenli pürsden* asyp goýdy. Gün ýaşyp barýarka, Ýuşa onuň jesedini pürsden düşürmegi buýurdy+. Jesedi şäher derwezesiniň agzyna taşlap, üstüne daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi henizem dur.

30 Şonda Ýuşa Gewal dagynda+ Ysraýyl Hudaýy Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny* gurdy. 31 Ol gurbanlyk ojagyny Ýehowanyň guly Musanyň ysraýyllara tabşyryşy ýaly, Musanyň kanunynda+ ýazylyşy ýaly, hiç hili demir degmedik, ýonulmadyk daşlardan gurdy+. Gurbanlyk ojagynda Ýehowa ýakma we parahatlyk gurbanlyklary berdiler+.

32 Soňra Ýuşa Musanyň ysraýyl halkynyň öňünde ýazan Kanunyny daşlara göçürip aldy+. 33 Ähli ysraýyllar, halkyň ýaşululary, ýolbaşçylary, kazylary äht sandygynyň iki tarapynda, Ýehowanyň äht sandygyny göterýän lewi ruhanylara seredip durdylar. Olaryň arasynda gelmişeklerem bardy+. Ysraýyllara ak pata bermek üçin, halkyň ýarysy Gerizim dagynyň, ýarysy bolsa Gewal dagynyň+ öňünde durdy. Sebäbi Ýehowanyň guly Musa şeýle etmegi tabşyrypdy+. 34 Ýuşa tutuş Kanuny+, Kanunda ýazylan alkyşlary*+ we gargyşlary+ sesli okap berdi. 35 Ol ýekeje sözi hem goýman+, Musanyň ähli tabşyryklaryny bütin ysraýyl halkyna+, aýallara, çagalara we gelmişeklere+ okap berdi.

9 Iordanyň günbatarynda+ — daglykda, Şepelada, Beýik deňziň*+ ýakasynda, Liwanyň garşysynda ýaşaýan hetleriň, amorlaryň, kenganlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň+ hanlary bolan zatlary eşidip, 2 Ýuşa bilen ysraýyllara garşy söweşmek üçin dil düwüşdiler*+.

3 Ýuşanyň Ýerihon+ bilen Aý şäherini+ derbi-dagyn edendigini gibgonlylar+ hem eşitdi. 4 Olar ätiýaçly hereket edip, köne horjunlara iýmit, köne meşiklere şerap guýup, eşeklere ýüklediler. 5 Köne-küşül we ýyrtyk çaryklary, sal-sal eşikleri geýdiler. Horjunlaryna gatap giden, heňlän çörekleri saldylar. 6 Soňra Ýuşanyň ýanyna, Gilgaldaky+ düşelgä baryp, Ýuşa we ysraýyllara: «Biz äht baglaşmak üçin uzak ýurtdan geldik» diýdiler. 7 Emma ysraýyllar hiwilere+: «Belki, siz golaýda ýaşaýansyňyz, näme üçin äht baglaşaly?»+ diýdiler. 8 Olar Ýuşa: «Seniň guluň bolaly» diýdiler.

Şonda Ýuşa: «Siz haýsy halkdan, nireden geldiňiz?» diýip sorady. 9 Olar: «Biz uzak ýurtdan geldik+. Ýehowa Hudaýyňyzyň ady, şan-şöhraty, Müsürde eden işleri hakda eşidip gaýtdyk+. 10 Iordanyň aňyrsynda* ýaşaýan amorlaryň iki hany — Heşbon hany Sihona+ we Aştarotdaky Başan hany Oga+ näme edendigini hem eşitdik. 11 Şonuň üçin halkymyz we ýaşulularymyz bize: „Gerek zadyňyzy alyň-da, ýola düşüň. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Biz bilen äht baglaşaýyň+, size gul bolaly“+ diýiň“ diýip tabşyrdylar. 12 Öýden çykan wagtymyz şu çörekler gyzgynjakdy, indi serediň, heňläp, gatap gidipdir+. 13 Şerap guýan meşiklerimiz täzejedi, olar hem deşilipdir+. Ýoluň uzaklygyndan ýaňa eşiklerimiz, çaryklarymyz hem ýyrtyldy» diýdiler.

14 Şonda ysraýyllar olaryň ähli zadyny barlap gördüler. Emma Ýehowadan maslahat soramadylar+. 15 Ýuşa gibgonlylar bilen ylalaşyk baglaşdy+, olary öldürmejegine ant içip, äht baglaşdy. Ysraýyl baştutanlary hem ant içdiler+.

16 Emma äht baglaşanlaryna üç gün bolanda, ysraýyllar olaryň golaýda ýaşaýandygyny bildiler. 17 Ysraýyllar ýola düşüp, üç günden gibgonlylaryň ýaşaýan şäherlerine bardylar. Olar Gibgon+, Kepira, Beýerot we Kirýat-ýegarim+ şäherlerinde ýaşaýardy. 18 Emma ysraýyllar gibgonlylaryň üstüne çozmadylar, sebäbi halkyň baştutanlary olara Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyndan ant içipdi+. Şonuň üçin tutuş halk baştutanlara hüňürdäp başlady. 19 Baştutanlar bolsa: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyndan ant içdik, indi olara hiç zat edip bilmeris. 20 Olara degmäliň, ýogsam Hudaýyň gahary geler»+ diýdiler. 21 Soňra baştutanlar: «Olary öldürmäliň, goý, halka odun çöpläp, suw daşap bersinler» diýdiler. Sebäbi baştutanlar gibgonlylara söz beripdi.

22 Ýuşa gibgonlylary çagyryp: «Bizi näme üçin aldadyňyz? Golaýda ýaşaýan ekeniňiz-ä! „Uzakdan geldik“ diýmäňiz näme?!+ 23 Size nälet bolsun+, indiden beýläk gul bolup, Hudaýymyň öýi üçin odun çöplärsiňiz, suw daşarsyňyz» diýdi. 24 Şonda gibgonlylar: «Ýehowa Hudaý Musa pygambere tutuş ýurdy size bermegi, ilatyny bolsa gyrmagy tabşyrypdyr+. Muny eşidip, gaty gorkduk+, ölmejek bolup şeýtdik+. 25 Indi bize näme etseňiz edäýiň» diýdiler. 26 Ýuşa gibgonlylar bilen ylalaşyp, olary ysraýyllaryň elinden halas etdi, halk olary öldürmedi. 27 Ýuşa olara halk üçin we Ýehowanyň saýlan ýerinde+ goýuljak gurbanlyk ojagy* üçin odun çöplemegi, suw daşamagy tabşyrdy+. Gibgonlylar häzirem şol işleri edýärler+.

10 Iýerusalimiň hany Adonysadyk Ýuşanyň Aý şäherini basyp alandygyny eşitdi. Ýuşa Aý şäheri bilen hanyny-da Ýerihon bilen hanyny edişi ýaly+ gylyçdan geçiripdi+. Adonysadyk gibgonlylaryň hem ylalaşyk baglaşyp+, ysraýyllara goşulandygyny eşitdi. 2 Ol howsala düşdi+, sebäbi Gibgon uly şäherleriň biridi, Aý şäherinden-de uludy+. Gibgonyň ähli erkekleri gaýduwsyz adamlardy. 3 Iýerusalimiň hany Adonysadyk Hebron+ hany Hohama, Ýarmut hany Pirama, Lakyş hany Ýapa, Eglon hany+ Debire habar ýollap: 4 «Maňa kömege geliň, ählimiz üýşüp, Gibgona çozalyň. Olar Ýuşa hem-de ysraýyllar bilen ylalaşyk baglaşypdyr»+ diýdi. 5 Şeýlelikde, amorlaryň+ bäş hany — Iýerusalimiň, Hebronyň, Ýarmutyň, Lakyşyň we Eglonyň hany goşunlary bilen gelip, Gibgon şäherini gabady.

6 Gibgonlylar Gilgalda+ düşelge guran Ýuşa habar ýollap: «Dadymyza ýetiş!*+ Tizräk gel-de, bizi halas et! Daglykda ýaşaýan amor hanlary birleşip, üstümize çozjak bolýar» diýdiler. 7 Şonda Ýuşa tutuş goşuny, edermen esgerleri bilen Gilgaldan ýola düşdi+.

8 Ýehowa Ýuşa: «Gorkma+, olary eliňe berýärin+. Hiç biri saňa garşy çykyp bilmez»+ diýdi. 9 Ýuşa Gilgaldan çykdy-da, uzak gije ýöräp, duşmanyň üstüne duýdansyz döküldi. 10 Ýehowa bolsa olary aljyratdy+, ysraýyllar Gibgonda duşmanlaryň köpüsini gyrdylar. Soňra olary Beýthoronyň ýoly bilen kowalap, Azeka we Makkeda çenli gyrdylar. 11 Duşmanlar ysraýyllardan gaçyp, Beýthorondan düşüp barýarka, Ýehowa Azeka çenli güýçli jöwenek* ýagdyryp, olary heläk etdi. Jöwenekden ölenleriň sany gylyçdan ölenlerden köp boldy.

12 Ýehowa ysraýyllaryň öňünde amorlary derbi-dagyn etdi. Şol gün Ýuşa halkyň öňünde Ýehowa şeýle dileg edipdi:

«Gün Gibgonyň üstünde saklansyn!+

Aý hem Aýalon jülgesinde dursun!»

13 Halk duşmany ýeňýänçä, Gün hem, Aý hem ýerini üýtgetmedi. Gün ýaşman, uzakly gün süýr depede durdy. Şol waka hakda Ýaşer kitabynda+ hem aýdylýar. 14 Ýehowa ynsanyň dilegine jogap berip, hiç haçan şeýle gudrat görkezmändi+. Şol gün Ýehowa ysraýyllar üçin söweşdi+.

15 Soňra Ýuşa esgerleri bilen Gilgaldaky+ düşelgä gaýtdy.

16 Bäş han bolsa gaçyp, Makkedadaky+ gowakda gizlendi. 17 Ýuşa: «Bäş han Makkedadaky+ gowakda gizlenipdir» diýip habar berdiler. 18 Şonda Ýuşa: «Gowagyň agzyna ullakan daşlary togalap, garawul goýuň. 19 Galanyňyz bolsa durmaň-da, duşmanlary kowalap, şäherlerine girip ýetişmänkä, ählisini öldüriň+. Ýehowa Hudaýyňyz olary eliňize berýär» diýdi.

20 Ýuşa bilen ysraýyllar duşmanlary gyryp ýok etdiler, olaryň diňe käbiri galalara girip ýetişdi. 21 Ysraýyl esgerleri sag-aman Ýuşanyň ýanyna, Makkedadaky düşelgä gaýdyp geldiler. Indi ysraýyllara haýbat atmaga hiç kimiň gaýraty çatmaýardy. 22 Ýuşa: «Gowagyň agzyny açyň-da, bäş hany getiriň!» diýdi. 23 Bäş hany — Iýerusalimiň, Hebronyň, Ýarmutyň, Lakyşyň we Eglonyň hanyny+ gowakdan çykaryp, 24 Ýuşanyň ýanyna getirdiler. Şonda Ýuşa esgerleri ýygnap, goşun serkerdelerine: «Geliň-de, aýagyňyz bilen şu hanlaryň boýnuna basyň» diýdi. Serkerdeler baryp, olaryň boýnuna basdylar+. 25 Ýuşa: «Gorkmaň, howsala düşmäň+. Batyrgaý hem dogumly boluň, Ýehowa ähli duşmanlaryňyzy şularyň gününe salar»+ diýdi.

26 Ýuşa bäş hany öldürip, hersini bir pürsden* asdy. Jesetler agşama çenli pürsde asylgy durdy. 27 Gün ýaşyp barýarka, Ýuşa hanlaryň jesedini pürsden düşürip+, olaryň gizlenen gowagyna zyňmagy buýurdy. Gowagyň agzyna ullakan daşlary goýdular, olar häzirem bar.

28 Şol gün Ýuşa Makkedany+ basyp alyp, ilatyny gylyçdan geçirdi, hiç kimi diri galdyrmady+, hatda hanyny-da öldürdi. Ýerihonyň hanyny edişi ýaly, Makkedanyň hanyny+ hem öldürdi.

29 Ýuşa goşuny bilen Makkedadan Libna+ gitdi we şäheri basyp almak üçin söweşdi. 30 Ýehowa Libnanyň ilatyny we hanyny+ ysraýyllaryň eline berdi. Olar şäheri derbi-dagyn edip, ilatyny gylyçdan geçirdiler, birini-de diri galdyrmadylar. Ýerihonyň hanyny edişleri ýaly, Libnanyň hanyny hem öldürdiler+.

31 Soňra Ýuşa goşuny bilen Libnadan Lakyşa+ gidip, şäheriň daşyny gabady. 32 Ýehowa Lakyşy ysraýyllaryň eline berdi, ertesi gün olar şäheri basyp aldylar. Libnany edişleri ýaly, şäheri derbi-dagyn edip, ilatyny gylyçdan geçirdiler+.

33 Gezer+ hany Horam Lakyş şäherine kömege geldi, emma Ýuşa Horamy-da goşuny bilen ýok etdi, hiç kimi diri galdyrmady.

34 Ýuşa goşuny bilen Lakyşdan Eglona+ gidip, şäheri basyp almak üçin daşyny gabady. 35 Olar şol gün şäheri basyp alyp, ilatyny gylyçdan geçirdiler. Lakyşy edişleri ýaly, şäherde ýekeje adamy hem diri galdyrmadylar+.

36 Soňra Ýuşa goşuny bilen Eglondan Hebrona+ gitdi we şäheri basyp almak üçin söweşdi. 37 Olar Hebrony we daş-töweregindäki galalary derbi-dagyn edip, hanyny, ilatyny gylyçdan geçirdiler, birini-de diri galdyrmadylar. Ýuşa Eglony edişi ýaly, Hebrony hem derbi-dagyn edip, ilatyny gyrdy.

38 Ahyry Ýuşa goşuny bilen Debire+ gitdi we şäheri basyp almak üçin söweşdi. 39 Debiri we daş-töweregindäki galalary derbi-dagyn edip, hanyny, ilatyny gylyçdan geçirdi+, birini-de diri galdyrmady+. Hebrony, Libnany we hanyny edişi ýaly, Debir şäherini we hanyny ýok etdi.

40 Ýuşa tutuş ýurdy: daglygy, Negebi, Şepelany+, baýyrlary basyp aldy. Olaryň ilatyny gyryp, hanlaryna çenli öldürdi. Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň tabşyryşy ýaly+, ýekeje adamy hem diri goýmady+. 41 Ýuşa Kadeş-barneýa+ bilen Gaza+ çenli aralygy, tutuş Goşeni+, Gibgona+ çenli ýerleri basyp aldy. 42 Ýuşa şol hanlary we ýurduny bir gezekde basyp aldy, sebäbi halk üçin Ysraýyl Hudaýy Ýehowa söweşýärdi+. 43 Soňra Ýuşa goşuny bilen Gilgaldaky düşelgä geldi+.

11 Hasoryň hany Ýabin bolan zatlary eşidip, Madonyň hany+ Ýobaba, Şimronyň we Akşabyň hanlaryna+, 2 demirgazykdaky daglarda ýaşaýan hanlara, Kinneretiň günortasyndaky düzlüklerde* ýaşaýan hanlara, Şepelada we günbatardaky Doruň+ baýyrlarynda ýaşaýan hanlara, 3 gündogardaky we günbatardaky kenganlara+, daglardaky amorlara+, hetlere, perizlere, ýabuslara we Mispadaky Hermon+ dagynyň eteginde ýaşaýan hiwilere+ habar ýollady. 4 Şeýlelikde, hanlar söweşe çykdy, olaryň goşuny deňiz çägesi deý köpdi, atlarynyň we söweş arabalarynyň hetdi-hasaby ýokdy. 5 Hanlaryň ählisi üýşüp, Merom çeşmesiniň boýunda düşelge gurdular-da, ysraýyllar bilen söweşmäge taýýarlandylar.

6 Ýehowa Ýuşa: «Gorkma+, ertir şu wagtlar olary ysraýyllaryň eline bererin. Duşmanlaryň atlaryny maýyp edip+, arabalaryny ýakyň» diýdi. 7 Ýuşa esgerleri bilen Merom çeşmesine baryp, duşmana duýdansyz hüjüm etdi. 8 Ýehowa olary ysraýyllaryň eline berdi+. Ysraýyllar olary derbi-dagyn edip, Beýik Sidona+, Misrepot-maýyma+ we gündogardaky Mispa jülgesine çenli kowalap, ählisini gyrdylar+. 9 Ýuşa Ýehowanyň aýdyşy ýaly, olaryň atlaryny maýyp edip, arabalaryny ýakdy+.

10 Soňra Ýuşa yzyna gelip, Hasor şäherini basyp aldy, hanyny bolsa gylyçdan geçirdi+. Hasor şol wagtlar ady belli* şäherdi. 11 Olar şäherde ýekeje adamy hem goýman+ gylyçdan geçirdiler-de+, şäheri otladylar. 12 Ýuşa şol hanlaryň şäherlerini basyp aldy, hanlary bolsa gylyçdan geçirdi+. Ýehowanyň guly Musanyň tabşyryşy ýaly, Ýuşa olary ýok etdi+. 13 Emma ysraýyllar baýyrlarda ýerleşýän şäherleri otlamadylar. Ýuşa diňe Hasory otlady. 14 Ysraýyllar şol şäherlerdäki zatlary we mallary olja alyp+, ilatyny gylyçdan geçirdiler+. Şäherlerde janly-jemende galmady+. 15 Musa Ýehowanyň ähli tabşyryklaryny Ýuşa düşündiripdi+. Ýuşa hem Musanyň aýdyşy ýaly, Ýehowanyň ähli tabşyrygyny birkemsiz ýerine ýetirdi+.

16 Ýuşa tutuş ýurdy: daglygy, Negebi+, tutuş Goşeni, Şepelany+, Arabany+, Ysraýyl daglaryny we baýyrlaryny*, 17 Segiriň golaýyndaky Halak dagyndan tä Hermon dagynyň+ etegindäki Liwan jülgesinde ýerleşýän Bagal-gada+ çenli aralygy basyp aldy. Hanlaryny bolsa tutup öldürdi. 18 Ýuşa şol hanlar bilen birnäçe wagtlap söweşdi. 19 Gibgonda ýaşaýan hiwilerden başga hiç kim ysraýyllar bilen ylalaşyk baglaşmady+. Ysraýyllar beýleki şäherleriň hemmesini söweş bilen basyp aldylar+. 20 Ýehowa şol halklaryň boýnuýogyn bolmagyna+ we ysraýyllar bilen söweşmegine ýol berdi, sebäbi olara rehim etmän, bütinleý ýok etjek bolýardy+. Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, olar ýok edilmelidi+.

21 Ýuşa daglykda, Hebronda, Debirde, Anapda, Ýahudanyň we Ysraýylyň daglarynda ýaşaýan anaklaryň+ ýoguna ýandy. Olary bütinleý ýok edip, şäherlerini ýer bilen ýegsan etdi+. 22 Ysraýyl ýurdunda anaklaryň ýekejesi-de galmady+, olar diňe Gazada+, Getde+ we Aşdotda+ bardy. 23 Ýehowanyň Musa wada berişi ýaly, Ýuşa tutuş ýurdy basyp aldy+. Ol ysraýyl taýpalarynyň hersine bijesine düşen paýy mülk edip berdi+. Şeýlelikde, uruş tamamlanyp, ýurtda parahatlyk boldy+.

12 Ysraýyllar Iordanyň gündogarynda, Arnon jülgesinden+ tä Hermon dagyna+ çenli, gündogardaky Araba çenli aralygy basyp aldylar+. Olar şu hanlaryň ýurduny eýelediler: 2 Heşbonda ýaşan amor hany Sihon+. Ol Arnon jülgesine+ ýanaşyp duran Arogerden+ we jülgäniň ortasyndan başlap, Gileadyň ýarysyna, ammonlaryň serhedindäki Ýabok jülgesine çenli aralykda höküm sürýärdi. 3 Arabanyň gündogar tarapy, Kinneret deňzine*+, gündogardaky Beýt-ýeşimotdan Araba deňzine, ýagny Duz deňzine* we günortadaky Pisga baýyrlygyna+ çenli aralyk hem Sihona degişlidi.

4 Ysraýyllar Aştarotda we Edreýde ýaşan Başan hany Oguň+ ýurduny hem basyp aldylar. Og han refaýimleriň iň soňkusydy+. 5 Hermon dagy, Saleka, geşurlylaryň we magakatlylaryň+ serhedine çenli tutuş Başan+ ýurdy, Gileadyň ýarysy, Heşbon+ hany Sihonyň serhedine çenli aralyk Og hana degişlidi.

6 Ýehowanyň guly Musa bilen ysraýyllar olary derbi-dagyn etdiler+. Ýehowanyň guly Musa olaryň ýurduny rubenlere, gadlara we manaşa taýpasynyň ýarysyna mülk edip berdi+.

7 Ýuşa bilen ysraýyllar Iordanyň günbataryndaky hanlary derbi-dagyn edip, Liwan jülgesinde+ ýerleşýän Bagal-gaddan+ tä Segiriň+ golaýyndaky Halak dagyna+ çenli aralygy basyp aldylar. Ýuşa şol hanlaryň ýurduny ysraýyl taýpalaryna mülk edip paýlady+. 8 Şeýlelikde, ysraýyllar hetleriň, amorlaryň+, kenganlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň+ ýurduny — daglygy, Şepelany, Arabany, baýyrlyklary, çöli hem-de Negebi+ basyp aldylar. Ysraýyllaryň öldüren hanlary şulardyr:

 9 Ýerihonyň hany+, Beýteliň golaýyndaky Aý şäheriniň hany+,

10 Iýerusalimiň hany, Hebronyň hany+,

11 Ýarmutyň hany, Lakyşyň hany,

12 Eglonyň hany, Gezeriň hany+,

13 Debiriň hany+, Gederiň hany,

14 Hormanyň hany, Aratyň hany,

15 Libnanyň hany+, Adullamyň hany,

16 Makkedanyň hany+, Beýteliň hany+,

17 Tapuwyň hany, Heperiň hany,

18 Apegiň hany, Laşaronyň hany,

19 Madonyň hany, Hasoryň hany+,

20 Şimron-meronyň hany, Akşabyň hany,

21 Tanahyň hany, Megiddonyň hany,

22 Kedeşiň hany, Karmeldäki Ýoknegamyň hany+,

23 Dor baýyrlygyndaky Doruň hany+, Gilgaldaky Goýimiň hany,

24 Tirsanyň hany; jemi 31 han.

13 Ýuşa garrap, ýaşy bir çene ýetdi+. Şonda Ýehowa: «Sen garradyň, basyp almaly ýerler bolsa köp. 2 Ine şu ýerleri basyp almaly+: piliştlileriň we geşurlylaryň+ ýaşaýan ýerleri, 3 ýagny Müsüriň Nil derýasynyň gündogar şahasyndan* tä demirgazykdaky Ekronyň serhedine çenli aralyk, öňler şol ýerler kenganlaryň ýurdy hasaplanýardy+. Şeýle-de piliştlileriň bäş hanynyň+ golastyndaky gazalylaryň, aşdotlylaryň+, aşkelonlylaryň+, getlileriň+ we ekronlylaryň+ ýerleri, günortada awimleriň+ ýurdy, 4 kenganlaryň ýurdy, sidonlylara+ degişli Megara, amorlaryň serhedindäki Apege çenli aralyk, 5 geballylaryň+ ýurdy, Hermon dagynyň eteginde ýerleşýän Bagal-gaddan tä Lebo-hamata*+ çenli uzalýan gündogar Liwan, 6 Liwandan+ tä Misrepot-maýyma+ çenli daglyk ýerler we sidonlylaryň+ ýurdy. Men şol halklary ysraýyllaryň öňünden kowup çykararyn+. Sen bolsa tabşyryşym ýaly, olaryň ýurduny ysraýyllara paýlap berersiň+. 7 Indi ýurdy dokuz taýpa we manaşa taýpasynyň ýarysyna mülk edip ber» diýdi+.

8 Manaşa taýpasynyň ýarysy, rubenler we gadlar Iordanyň gündogaryndan eýýäm mülküni alypdy. Ýehowanyň guly Musa olara şu ýerleri beripdi+: 9 Arnon jülgesine+ ýanaşyp duran Arogerden+ başlap, jülgäniň ortasynda ýerleşýän şäher we Medeba düzlüginden Dibona çenli aralyk, 10 Heşbonda höküm süren amor hany Sihonyň ammonlaryň serhedine çenli ähli şäherleri+, 11 Gilead, geşurlylaryň we magakatlylaryň+ ýurdy, Hermon dagy, Saleka+ çenli tutuş Başan ýurdy+, 12 Aştarotda we Edreýde höküm süren Başan hany Oguň golastyndaky ýerler. Og han refaýimleriň iň soňkusydy+. Musa şol halklary derbi-dagyn edip, ýurtdan kowup çykardy+. 13 Emma ysraýyllar geşurlylary we magakatlylary kowmadylar+, olar häzirem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýar.

14 Musa diňe lewi taýpasyna mülk bermedi+, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň aýdyşy ýaly+, Hudaýa hödürlenýän ýakma gurbanlyklar lewilere paý hökmünde berilýärdi+.

15 Musa rubenlere tirelerine görä mülk berdi. 16 Olara berlen ýerler: Arnon jülgesine ýanaşyp duran Arogerden başlap, jülgäniň ortasynda ýerleşýän şäher we Medebanyň golaýyndaky düzlük, 17 Heşbon bilen düzlükde ýerleşýän galalar+, Dibon, Bamot-bagal, Beýtbagal-megon+, 18 Ýahaz+, Kedemot+, Mepagat+, 19 Kirýataýym, Sibma+, jülgedäki dagda ýerleşýän Zeret-şahar, 20 Beýtpegor, Pisga+ baýyrlygy, Beýt-ýeşimot+, 21 düzlükde ýerleşýän şäherler, Heşbonda höküm süren amor hany Sihonyň golastyndaky ýerler+. Musa Sihony we onuň golastyndaky midýan baştutanlary — Ewini, Rekemy, Zury, Hury, Rebaýy+ derbi-dagyn etdi+. Olar öňler şol ýurtda ýaşaýardy. 22 Ysraýyllar duşmanlaryny öldürende, Benur ogly Bilgam+ palçyny+ hem gylyçdan geçiripdiler. 23 Iordan derýasy rubenleriň serhedidi, şol aralykdaky şäherler we obalar rubenlere tirelerine görä mülk edip berildi.

24 Musa gadlara tirelerine görä mülk paýlady. 25 Olara berlen ýerler: Ýazer+, Gileadyň şäherleri, Rapanyň+ garşysyndaky Arogere çenli tutuş ammon ýurdy+, 26 Heşbondan+ Ramat-mispä we Betonime çenli, Mahanaýymdan+ Debiriň serhedine çenli, 27 jülgedäki Beýtharam, Beýtnimra+, Sukot+, Zapon we Heşbon hany Sihonyň golastyndaky beýleki ýerler+. Olaryň serhedi Iordanyň gündogaryndan Kinneret deňziniň*+ günortasyna çenli uzalýardy. 28 Şol aralykdaky şäherler we obalar gadlara tirelerine görä mülk edip berildi.

29 Soňra Musa manaşa taýpasynyň ýarysyna tirelerine görä mülk paýlady+. 30 Olara berlen ýerler: Mahanaýymdan+ başlap, tutuş Başan, Başan hany Oguň golastyndaky ýerler, Başanda ýerleşýän Ýaýyr+ obalary* we 60 gala. 31 Gileadyň ýarysy, Başan hany Oguň golastyndaky Aştarot we Edreý şäheri+ Manaşanyň ogly Mahyryň+ nesline berildi. Şol ýerler Mahyryň nesliniň ýarysyna tirelerine görä mülk edip berildi.

32 Şeýlelikde, Musa Iordanyň aňyrsynda, Mowap düzlüginde, Ýerihonyň gündogarynda ysraýyllara mülk paýlady+.

33 Emma Musa lewi taýpasyna mülk bermedi+, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Ýehowa olaryň paýydy, muny Hudaýyň özi wada beripdi+.

14 Algazar ruhany, Nunuň ogly Ýuşa we ysraýyl tirebaşylary Kengan ýurdundan ysraýyllara mülk paýladylar+. 2 Ýehowanyň Musa arkaly tabşyryşy ýaly, ýurdy dokuz ýarym taýpa+ bije atyp+ paýladylar. 3 Musa beýleki iki ýarym taýpa Iordanyň aňyrsyndan* mülk berdi+. Lewilere bolsa ysraýyl taýpalarynyň arasyndan mülk bermedi+. 4 Ýusubyň neslinden iki taýpa+, manaşa we efraýym taýpasy+ döräpdi. Lewilere diňe ýaşar ýaly şäher we mal-garasy üçin öri meýdanlar berildi, başga hiç hili mülk berilmedi+. 5 Şeýlelikde, Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, ysraýyllar ýurdy paýlaşdylar.

6 Ýahuda taýpasyndan birnäçe adam Gilgala+, Ýuşanyň ýanyna geldi. Kenislerden Ýepunnanyň ogly Kalep+ Ýuşa şeýle diýdi: «Hak Hudaý Ýehowanyň Musa+ arkaly Kadeş-barneýada+ ikimize näme diýeni ýadyňdadyr+. 7 Ýehowanyň guly Musa bizi Kadeş-barneýadan ýurdy gözden geçirmäge iberipdi+, şonda 40 ýaşymdadym. Men gelip, bar zady bolşy ýaly gürrüň berdim*+. 8 Ýanymda giden ýoldaşlarym halky howsala düşürse-de*, men Ýehowa Hudaýyma bütin ýüregim bilen gulak asdym+. 9 Şol gün Musa ant içip: „Aýak basan ýeriňi saňa we nesliňe hemişelik mülk edip bererin, sebäbi sen Ýehowa Hudaýa bütin ýüregiň bilen gulak asdyň“ diýdi+. 10 Ysraýyl halky çölde ýaşap ýörkä+, Ýehowa Musa arkaly söz berişi ýaly+, meni 45 ýyllap gorady+. Ýehowa sözünde durdy, häzir men 85 ýaşymda. 11 Güýç-gurbatym Musanyň iberen wagtyndakydan pes däl. Öňkim ýaly söweşe gitmäge-de, başga işleri etmäge-de güýjüm bar. 12 Şonuň üçin Ýehowanyň wada berişi ýaly, daglygy maňa mülk edip beräý. Şol ýerde anaklar+ ýaşaýar, beýik galalary+ bar diýipdiler, ýöne men Ýehowa bil baglaýaryn+. Ýehowanyň söz berişi ýaly, olary ýurtdan kowup çykararyn»+.

13 Şonda Ýuşa Ýepunnanyň ogly Kalebe ak pata berip, Hebrony mülk edip berdi+. 14 Hebronda häzire çenli kenislerden Ýepunnanyň ogly Kalebiň nesli ýaşaýar, sebäbi Kalep Ysraýyl Hudaýy Ýehowa bütin ýüregi bilen gulak asypdy+. 15 Öňler Hebronyň ady Kirýat-arbady+. Arba anaklaryň arasynda at-abraýly adamdy. Şeýlelikde, uruş tamamlanyp, ýurtda parahatlyk boldy+.

15 Ýahuda taýpasyna tirelerine görä bije atylyp, mülk berildi+. Olaryň mülki Edomyň+ serhedine, Zin çölüne we Negebiň günortasyna çenli uzalýardy. 2 Olaryň günorta serhedi Duz deňziniň*+ kenaryndan, ýagny günorta aýlagyndan başlap, 3 Akrap depesiniň+ günortasyndan Zine çenli uzalýardy. Kadeş-barneýanyň+ günortasyndan Hesrona we Adara tarap ýokarlygyna galyp, Karka öwrülýärdi. 4 Soňra Azmona+ we Müsür jülgesine+ çenli uzalyp, deňze* baryp ýetýärdi. Şol ýerler olaryň günorta serhedidi.

5 Gündogar serhet Duz deňzinden* Iordan derýasynyň deňze guýýan ýerine çenli uzalýardy. Şol deňziň aýlagyndan, ýagny Iordan derýasynyň deňze guýýan ýerinden demirgazyk serhet başlanýardy+. 6 Soňra ýokarlygyna Beýthogla+ galyp, Beýtarbanyň+ demirgazygyndan geçýärdi we Ruben ogly Bohanyň daşyna+ baryp ýetýärdi. 7 Serhet Akor jülgesindäki+ Debire uzalyp, jülgäniň günortasyndaky Adummym depesiniň garşysynda ýerleşýän Gilgala+ tarap demirgazyga öwrülýärdi. En-şemeş+ çeşmesinden hem geçip, En-rogelde+ gutarýardy. 8 Soňra serhet ýokarlygyna galyp, Hennem oglunyň jülgesine+, ýabuslaryň+ günorta baýyrlygyna, ýagny Iýerusalime+ ýetýärdi. Şol ýerden hem Hennem jülgesiniň günbataryna bakyp duran dagyň depesine ýetýärdi. Şol dag Refaýim jülgesiniň demirgazyk çetinde ýerleşýär. 9 Serhet dagyň depesinden Neptowa çeşmesiniň+ gözbaşyna we Epron dagynda ýerleşýän şäherlere çenli uzalyp, Bagalaha, ýagny Kirýat-ýegarime+ baryp ýetýärdi. 10 Soňra Bagalahdan aýlanyp, günbatara uzalýardy we Segir dagyna ýetip, ondanam Ýegarym dagynyň demirgazyk baýyrlaryndan, ýagny Kesalondan geçýärdi. Soňra aşaklygyna Beýtşemeşe+ we Timnaha+ çenli uzalýardy. 11 Serhet Ekronyň+ demirgazyk baýyrlaryna çenli uzalyp, Şikrona ýetýärdi we Bagalah dagyndan geçip, Ýabneýele çenli uzalýardy. Serhet deňizde gutarýardy.

12 Ýahuda taýpasynyň günbatar serhedi Beýik deňziň*+ kenaryndan başlaýardy. Ýokarda agzalanlar ýahuda taýpasyna tirelerine görä berlen ýeriň serhetleridi.

13 Ýuşa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Ýepunnanyň ogly Kalebe+ ýahuda taýpasynyň mülkünden Kirýat-arbany, ýagny Hebrony+ berdi. Arba Anagyň atasydy. 14 Kalep Anagyň+ üç ogly Şeşaýy, Ahymany we Talmaýy+, ýagny anaklary şol ýerden kowup çykardy. 15 Soňra Kalep Debiriň+ ilaty bilen söweşmäge gitdi. Öň Debiriň ady Kirýat-seperdi. 16 Kalep: «Kirýat-seperi basyp alana gyzym Akşany berjek» diýdi. 17 Şäheri Kalebiň inisi Kenazyň+ ogly Otnyýel+ basyp aldy. Kalep oňa gyzy Akşany+ berdi. 18 Akşa gaýyn öýüne ugramanka, kakasy Kalepden ýer soramagy ärinden haýyş etdi. Ol eşekden düşende*, kakasy: «Gyzym, näme isleýäň?» diýip sorady+. 19 Gyzy: «Kaka, maňa günortadaky* takyrlygy berdiň. Haýyş edýärin, Gullot-maýymy* hem beräý!» diýdi. Kalep gyzyna ýokarky Gulloty we aşaky Gulloty berdi.

20 Şeýlelikde, ýahuda taýpasyna tirelerine görä mülk paýlandy.

21 Günortada, Edom+ bilen serhet tarapda ýahuda taýpasyna berlen şäherler: Kabzeýel, Eder, Ýagur, 22 Kina, Dimonah, Adada, 23 Kedeş, Hasor, Itnan, 24 Zip, Telem, Begelot, 25 Hasor-hadat, Kirýot-hesron, ýagny Hasor, 26 Emom, Şema, Molad+, 27 Hasar-gad, Heşmon, Beýtpelet+, 28 Hasar-şuwal, Beýer-şeba+, Beziýot, 29 Bagalah, Iýem, Esem, 30 Eltolat, Kesil, Horma+, 31 Ziklag+, Madmanah, Sansanah, 32 Lebagot, Şilhim, Aýn, Rimmon+ — obalary bilen jemi 29 şäher.

33 Şepeladaky+ şäherler: Eştawol, Zora+, Aşnah, 34 Zanoga, En-gannim, Tapuw, Enam, 35 Ýarmut, Adullam+, Soko, Azeka+, 36 Şaraýym+, Adytaýym, Gedar, Gederotaýym* — obalary bilen 14 şäher.

37 Zenan, Hadaşa, Migdal-gad, 38 Dilegan, Mispa, Ýokteýel, 39 Lakyş+, Boskat, Eglon, 40 Kabbon, Lahmas, Kitliş, 41 Gederot, Beýt-dagon, Nagymaý, Makkeda+ — obalary bilen 16 şäher.

42 Libna+, Eter, Aşan+, 43 Ipta, Aşnah, Nezip, 44 Kegila, Akzyp, Mareşan — obalary bilen dokuz şäher.

45 Ekron bilen daş-töweregindäki galalar we obalar, 46 Ekrondan günbatar tarapa, Aşdotyň daş-töweregi we obalary.

47 Aşdot+ bilen daş-töweregindäki galalar we obalar, Gaza+ bilen daş-töweregindäki galalar we obalar, Müsür jülgesine çenli ýerler we Beýik deňziň* kenarýakasy+.

48 Daglykdaky şäherler: Şemir, Ýater+, Soko, 49 Danna, Kirýat-sanna, ýagny Debir, 50 Anap, Eştem+, Anym, 51 Goşen+, Holon, Gilo+ — obalary bilen 11 şäher.

52 Arab, Duma, Eşan, 53 Ýanym, Beýt-tapuw, Apeka, 54 Humta, Kirýat-arba, ýagny Hebron+, Sihor — obalary bilen dokuz şäher.

55 Magon+, Karmel, Zip+, Ýutta, 56 Ýizregel, Ýokdegam, Zanoga, 57 Keýin, Gibeýa, Timnah+ — obalary bilen on şäher.

58 Halhul, Beýtsur, Gedor, 59 Magarat, Beýtanot, Eltekon — obalary bilen alty şäher.

60 Kirýat-bagal, ýagny Kirýat-ýegarim+, Rapa — obalary bilen iki şäher.

61 Çöldäki şäherler: Beýtarba+, Middin, Sekaka, 62 Nibşan, Duz şäheri, En-gedi+ — obalary bilen alty şäher.

63 Emma ýahuda taýpasy Iýerusalimde+ ýaşaýan ýabuslary+ ýurtdan kowup bilmedi+. Şol sebäpli ýabuslar häzirem Iýerusalimde ýahudalaryň arasynda ýaşaýar.

16 Ýusubyň nesliniň+ bijesine+ Ýerihonyň golaýyndaky Iordan derýasyndan tä Ýerihon çeşmesiniň günortasyna çenli, Ýerihonyň garşysyndaky çölden Beýteliň+ daglygyna çenli aralyk düşdi. 2 Olaryň mülki Luzuň golaýyndaky Beýtelden arhytlaryň serhedi Atarota çenli uzalýardy. 3 Soňra günbatara, ýafletleriň we aşaky Beýthoronyň+ serhedine, Gezere+ çenli uzalyp, deňizde gutarýardy.

4 Şeýlelikde, Ýusubyň neslinden+ manaşa bilen efraýym taýpasyna mülk berildi+. 5 Efraýym taýpasyna tirelerine görä berlen mülküň serhedi şulardyr: gündogar serhedi Atarot-addardan+ başlap, ýokarky Beýthorona+ 6 we deňze çenli uzalýardy. Mikmetat+ olaryň demirgazyk serhedidi. Soňra serhet gündogara, Tanat-şylo tarap aýlanyp, Ýanowanyň üstünden geçýärdi. 7 Ýanowadan aşaklygyna Atarota we Nara çenli uzalyp, Ýerihona+ we Iordan derýasyna baryp ýetýärdi. 8 Serhet Tapuwdan+ günbatara, Kanah jülgesine tarap uzalyp, deňizde gutarýardy+. Şol aralyk efraýym taýpasyna tirelerine görä mülk edip paýlandy. 9 Efraýymlaryň manaşa taýpasynyň arasynda-da şäherleri we obalary bardy+.

10 Emma olar Gezerde ýaşaýan kenganlary kowmadylar+. Şol sebäpli kenganlar häzirem efraýymlaryň arasynda gul bolup ýaşaýar+.

17 Soňra Ýusubyň nowbahar ogly+ Manaşanyň+ taýpasyna bije atyldy+. Manaşanyň uly ogly, ýagny Gileadyň kakasy Mahyr+ edermen adamdy. Şol sebäpli oňa Gileady we Başany berdiler+. 2 Manaşa taýpasynyň beýleki tirelerine: Abygezeriň+, Helegiň, Asryýeliň, Şekemiň, Heperiň, Şemidanyň ogullaryna-da bije atdylar. Olar Ýusubyň ogly Manaşanyň nesliniň tirebaşylarydy+. 3 Emma Manaşanyň ýuwlugy, Mahyryň çowlugy, Gileadyň agtygy, Heperiň ogly Selophatyň+ diňe gyzy bardy, ogly ýokdy. Gyzlarynyň ady Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady. 4 Olar Algazar+ ruhanynyň, Nun ogly Ýuşanyň we halkyň baştutanlarynyň ýanyna gelip: «Ýehowa Musa pygambere doganlarymyzyň arasyndan bize-de mülk bermegi tabşyrypdy»+ diýdiler. Şeýlelikde, Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, olara kakasynyň doganlarynyň arasyndan mülk berildi+.

5 Manaşa taýpasyna Iordanyň aňyrsynda* ýerleşýän Gilead bilen Başandan başga ýene-de on mülk berildi+. 6 Sebäbi manaşa taýpasyndaky gyzlaram erkekler bilen deň hatarda mülk aldy. Gilead bolsa manaşa taýpasynyň beýleki ýarysynyň mülki boldy.

7 Manaşa taýpasynyň serhedi Aşerden başlap, Şekemiň+ garşysyndaky Mikmetata+ baryp ýetýärdi. Soňra günorta tarapa*, En-tapuwyň ilatynyň ýaşaýan ýerine çenli uzalýardy. 8 Tapuw+ topragy manaşa taýpasynyňky boldy. Manaşalaryň serhedinde ýerleşýän Tapuw şäheri bolsa efraýymlara degişlidi. 9 Serhet aşaklygyna Kanah jülgesine, jülgäniň günortasyna çenli uzalýardy. Şol ýerde manaşa taýpasynyň şäherleriniň arasynda efraýymlaryň hem şäherleri bardy+. Manaşalaryň serhedi jülgäniň demirgazygyndan geçip, deňizde gutarýardy+. 10 Günortadaky ýerler efraýymlara, demirgazykdaky ýerler manaşalara degişlidi, deňiz bolsa manaşalaryň serhedidi+. Olaryň demirgazyk serhedinde aşer taýpasynyň mülki, gündogar serhedinde ysahar taýpasynyň mülki bardy.

11 Ysahar we aşer taýpasynyň mülkünden şu ýerleri ilaty we galalary bilen manaşa taýpasyna berdiler: Beýtşeýan, Iblegam+, Dor+, Endor+, Tanah+, Megiddo. Soňky üç şäher baýyrlykda ýerleşýärdi.

12 Emma manaşalar şol şäherleri doly basyp alyp bilmediler, sebäbi kenganlar ol ýerden çykmadylar+. 13 Wagtyň geçmegi bilen, ysraýyllar kuwwatlanyp, kenganlary gul edip işletdiler+, emma ýurtdan doly kowup bilmediler+.

14 Ýusubyň nesilleri Ýuşanyň ýanyna gelip: «Ýehowa ak pata berip, sanymyzy köpeltdi+. Bize näme üçin ýekeje gezek bije atyp, ýurtdan bir bölek ýer berýäň?»+ diýdiler. 15 Ýuşa olara: «Köplügiňizden ýaňa Efraýym daglygy+ size darlyk edýän bolsa, onda perizleriň+ we refaýimleriň+ ýurduna gidiň. Tokaýyň agaçlaryny çapyň-da, şol ýerde ýaşaberiň» diýip jogap berdi. 16 Olar bolsa: «Daglyk ýerler bize az bolýar. Onsoňam, jülgede, Beýtşeýan+ bilen töweregindäki galalarda, Ýizregel jülgesinde+ ýaşaýan kenganlaryň tigirleri kesgir gylyçly söweş arabalary* bar»+ diýdiler. 17 Şonda Ýuşa Ýusubyň nesline, efraýymlara we manaşalara: «Hawa, sanyňyz-a köpelipdir, güýçli halk bolupsyňyz. Size bir bölek ýer ýetmez+, 18 daglaryň tokaýlyk ýerlerini hem alarsyňyz+. Tokaýy çapyp aýryň-da, ýaşaberiň, şol siziň serhediňiz bolar. Kenganlar güýçli bolsa-da, söweş arabalarynyň* tigirleri kesgir gylyçly bolsa-da, olary ýurtdan kowup çykararsyňyz»+ diýdi.

18 Soňra ysraýyl halky Şilo+ ýygnanyp, ýygnak çadyryny* gurdy+, sebäbi olar ýurdy basyp alypdy+. 2 Emma ysraýyllaryň ýedi taýpasyna heniz mülk berilmändi. 3 Ýuşa ysraýyllara: «Siz haçana çenli beýdip oturjak? Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň beren ýurduna eýe çykjak dälmi?+ 4 Her taýpadan üç adamy saýlaň, olary ýurdy gözden geçirmäge ibereýin. Goý, olar ýurda aýlanyp çyksyn-da, her taýpa beriljek mülküň çyzgysyny çyzyp gelsinler. 5 Ýurdy öz aralarynda ýedä bölsünler+. Ýahuda taýpasy günortada+, Ýusubyň nesli demirgazykda alan mülkünde ýaşar+. 6 Siz bolsa ýurdy ýedi bölege bölüň-de, çyzgysyny maňa getirip beriň, Ýehowa Hudaýymyzyň öňünde bije ataýyn+. 7 Emma lewilere miras berilmez+, olaryň mirasy Ýehowa ruhany bolup hyzmat etmekdir+. Gadlara, rubenlere we manaşa taýpasynyň ýarysyna+ bolsa Ýehowanyň guly Musa Iordanyň gündogaryndan mülk beripdi» diýdi.

8 Ýaňky adamlar ýola düşjek bolup durka, Ýuşa olara: «Ýurda aýlanyp, çyzgysyny çyzyp geliň. Men Şiloda, Ýehowanyň öňünde bije ataýyn»+ diýdi. 9 Olar gidip, ýurda aýlandylar-da, ony ýedä bölüp, ähli şäherleriň adyny ýazdylar. Soňra Şilodaky düşelgä, Ýuşanyň ýanyna geldiler. 10 Ýuşa Şiloda, Ýehowanyň huzurynda bije atyp+, ýurdy ysraýyllara paýlap berdi+.

11 Ilkinji atylan bije benýamin taýpasynyň tirelerine düşdi. Olara Ýahudanyň nesli+ bilen Ýusubyň nesliniň+ aralygyndaky ýer berildi. 12 Olaryň demirgazyk serhedi Iordandan başlap, Ýerihonyň+ demirgazyk baýyrlygyna we günbatardaky daga çenli uzalyp, Beýtaweniň+ çölüne baryp ýetýärdi. 13 Soňra serhet Luza ýetip, Luzuň, ýagny Beýteliň+ günorta baýyrlygyna çenli uzalýardy we aşaky Beýthoronyň+ günortasyndaky dagda ýerleşýän Atarot-addara+ öwrülýärdi. 14 Soňra Beýthoronyň garşysynda ýerleşýän dagdan günorta uzalyp, ýahudalaryň şäheri Kirýat-bagalda, ýagny Kirýat-ýegarimde+ gutarýardy. Şol aralyk olaryň günbatar serhedidi.

15 Günorta serhet Kirýat-ýegarimiň çetinden başlap, günbatara uzalýardy we Neptowa çeşmesine baryp ýetýärdi+. 16 Soňra Refaýim+ jülgesiniň demirgazygynda ýerleşýän Hennem oglunyň jülgesiniň+ garşysyndaky dagyň etegine ýetip, aşaklygyna Hennem jülgesine, ýabuslaryň+ günorta baýyrlygyna we En-rogele+ çenli uzalýardy. 17 Şol ýerden demirgazyga, En-şemeşe we Adummym depesiniň+ garşysyndaky Gelilota tarap uzalyp, aşaklygyna+ Rubeniň ogly Bohanyň daşyna+ tarap öwrülýärdi. 18 Soňra Arabanyň garşysyndaky demirgazyk baýyrlykdan geçip, Araba baryp ýetýärdi. 19 Beýthoglanyň+ demirgazyk baýyrlygyndan hem geçip, Duz deňziniň*+ demirgazyk aýlagynda, Iordanyň günorta çetinde gutarýardy. Şol aralyk olaryň günorta serhedidi. 20 Gündogar serhedi bolsa Iordan derýasydy. Benýaminleriň tirelerine berlen mülküň serhedi şulardan ybaratdy.

21 Benýamin taýpasynyň tirelerine paýlanan şäherler: Ýerihon, Beýthogla, Emek-keziz, 22 Beýtarba+, Zemaraýym, Beýtel+, 23 Awim, Paraý, Opra, 24 Keparammony, Opna, Geba+ — obalary bilen 12 şäher.

25 Gibgon+, Rama, Beýerot, 26 Mispa, Kepira, Mosa, 27 Rekem, Irpeýel, Taral, 28 Zelah+, Haýelep, Ýabus, ýagny Iýerusalim+, Gibeýa+, Kirýat — obalary bilen 14 şäher.

Şol şäherler benýamin taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi.

19 Ikinji bije+ şimgon+ taýpasynyň tirelerine düşdi. Olara ýahuda taýpasynyň arasyndan mülk berildi+. 2 Olara berlen şäherler: Beýer-şeba+ bilen Şeba, Molad+, 3 Hasar-şuwal+, Balah, Esem+, 4 Eltolat+, Betul, Horma, 5 Ziklag+, Beýt-markabot, Hasar-suza, 6 Beýt-lebagot+, Şaruhen — obalary bilen 13 şäher; 7 Aýn, Rimmon, Eter, Aşan+ — obalary bilen dört şäher; 8 şol şäherleriň Bagalat-beýere, ýagny günortadaky Rama çenli uzalýan obalary. Şol ýerler şimgonlaryň tirelerine berildi. 9 Ýahuda taýpasynyň paýyna düşen mülk uludy, şonuň üçin şimgonlara olaryň mülkünden ýer berildi. Şeýlelikde, şimgonlar ýahuda taýpasynyň arasyndan mülk aldy+.

10 Üçünji bije+ zebulun+ taýpasynyň tirelerine düşdi. Olaryň serhedi Saryta çenli uzalýardy. 11 Serhet günbatar tarapa, Margala we Dabeşete çenli uzalyp, Ýoknegamyň garşysyndaky jülgä baryp ýetýärdi. 12 Soňra Sarytdan gündogara, Kislot-taboryň serhedine we Daberata+ çenli uzalyp, Ýapa tarap ýokarlygyna galýardy. 13 Şol ýerden hem gündogar tarapa, Get-hepere+, Eýtkazyna we Rimmona çenli uzalyp, Nega baryp ýetýärdi. 14 Serhet demirgazykda Hanatona tarap öwrülip, Ýyptahel jülgesinde gutarýardy. 15 Olaryň mülküne Katat, Nahalal, Şimron+, Idala, Beýtullaham+ — obalary bilen jemi 12 şäher degişlidi. 16 Şol şäherler we obalar zebulun taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi+.

17 Dördünji bije+ ysahar+ taýpasynyň tirelerine düşdi. 18 Olaryň serhedi Ýizregel+, Kesullot, Şunem+, 19 Hafraýym, Şiýon, Anaharat, 20 Rabit, Kişýon, Ebes, 21 Remet, En-gannim+, En-hadda we Beýtpas şäherlerine çenli uzalýardy. 22 Soňra Tabora+, Şahatsuma, Beýtşemeşe çenli ýetip, Iordan derýasynda gutarýardy. Olara obalary bilen 16 şäher berildi. 23 Şol şäherler we obalar ysahar taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi+.

24 Bäşinji bije+ aşer+ taýpasynyň tirelerine düşdi. 25 Olaryň serhedi Helkat+, Haly, Beten, Akşap, 26 Allammälik, Amat we Mişal şäherine çenli uzalyp, günbatardaky Karmele+ we Şihor-libnata baryp ýetýärdi. 27 Soňra gündogara, Beýt-dagona tarap öwrülip, Zebuluna, Ýyptahel jülgesiniň demirgazygyna, Beýtemege we Negaýyla çenli uzalýardy. Kabulyň çep tarapyndan geçip, 28 Ebrona, Rehoba, Hammona, Kanaha we Beýik Sidona+ çenli uzalýardy. 29 Serhet Rama öwrülip, Tir+ galasyna baryp ýetýärdi. Soňra Hosaýa öwrülip, deňziň ýakasynda ýerleşýän Akzypda, 30 Ummada, Apekde+ we Rehopda+ gutarýardy. Olara obalary bilen 22 şäher berildi. 31 Şol şäherler we obalar aşer taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi+.

32 Altynjy bije+ naftaly taýpasynyň tirelerine düşdi. 33 Olaryň serhedi Helepden, Sawananimde+ duran uly agaçdan başlap, Adamynekebe, Ýabneýele we Lakkuma çenli uzalyp, Iordan derýasynda gutarýardy. 34 Soňra günbatara, Aznot-tabora tarap öwrülip, Hukkoga baryp ýetýärdi. Serhet günortada Zebuluna, günbatarda Aşere, gündogarda bolsa Iordanyň boýundaky Ýahuda çenli uzalýardy. 35 Olaryň galalary: Sidim, Zer, Hammat+, Rakat, Kinneret, 36 Adamah, Rama, Hasor+, 37 Kedeş+, Edreý, En-hazor, 38 Ýiron, Migdalel, Horem, Beýtanat, Beýtşemeş+ — obalary bilen 19 şäher. 39 Şol şäherler we obalar naftaly taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi+.

40 Ýedinji bije+ dan+ taýpasynyň tirelerine düşdi. 41 Olaryň serhedi Zora+, Eştawol, Irşemeş, 42 Şalabin+, Aýalon+, Itla, 43 Elon, Timnah+, Ekron+, 44 Elteke, Gibeton+, Bagalat, 45 Ýehut, Bene-berak, Get-rimmon+, 46 Meýarkon, Rakkon şäherlerine çenli uzalyp, Ýafanyň+ öňünden geçýärdi. 47 Emma dan taýpasynyň mülki darlyk edýärdi+. Şol sebäpli olar Leşeme+ çozup, şäheri basyp aldylar, ilatyny bolsa gylyçdan geçirdiler. Olar Leşemi eýeläp, ýaşap başladylar. Leşemiň adyny üýtgedip, atasy Danyň adyny goýdular+. 48 Şol şäherler we obalar dan taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi.

49 Şeýlelikde, ýurt ysraýyllara mülk edip paýlandy. Ysraýyllar Nun ogly Ýuşa-da aralaryndan mülk berdiler. 50 Ýehowanyň buýrugy bilen, olar Ýuşanyň soran şäherini, Efraýym daglygynda ýerleşýän Timnat-serany+ mülk edip berdiler. Ýuşa şäheri dikeldip, ýaşap başlady.

51 Algazar ruhany, Nun ogly Ýuşa we ysraýyl taýpalarynyň baştutanlary Şilodaky+ ýygnak çadyrynyň*+ agzynda, Ýehowanyň huzurynda bije atyp, ysraýyllara mülk paýladylar+. Şeýlelikde, ýurt tutuşlygyna paýlandy.

20 Soňra Ýehowa Ýuşa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Musa arkaly tabşyryşym ýaly, gaçybatalga şäherlerini saýlaň+. 3 Kimdir biri bilmän* ýa-da tötänden adam öldürse, şol şähere gaçsyn, şonda ol gan algylydan* goranyp biler+. 4 Ol şäherleriň birine gaçyp barsyn-da+, derwezäniň agzynda+ durup, bolan zatlary şäher ýaşulularyna aýtsyn. Şondan soň ýaşulular ony şähere salyp, ýaşar ýaly jaý bersin. 5 Eger gan algyly adam* ganhory gözläp gelse, ýaşulular ony bermesin. Sebäbi ol bilgeşleýin ýa-da duşmançylyk edip adam öldürmedi+. 6 Halkyň öňünde höküm çykarylýança+, ol gaçybatalga şäherinde ýaşasyn. Şol wagtky baş ruhany ölýänçä, şäherden çykmasyn+. Baş ruhany ýogalansoň, öňki ýaşan şäherine, öýüne gaýdyp biler“»+.

7 Şonda ysraýyllar şu şäherleri saýladylar*: Naftaly daglygynda ýerleşýän Jeliledäki Kedeş+, Efraýym daglygynda ýerleşýän Şekem+, Ýahuda daglygynda ýerleşýän Kirýat-arba+, ýagny Hebron, 8 ruben taýpasynyň mülkünden Iordanyň aňyrsynda, Ýerihonyň gündogarynda, düzlükde ýerleşýän Bezer+, gad taýpasynyň mülkünden Gileaddaky Ramot+, manaşa+ taýpasynyň mülkünden Başandaky Golan+.

9 Ysraýyllardan ýa gelmişeklerden bolsun, tötänden birini öldüren adam şol şäherleriň birine gaçyp+, jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, gan algylydan* goranyp bilýärdi+.

21 Lewileriň tirebaşylary Algazar+ ruhanynyň, Nun ogly Ýuşanyň we halkyň tirebaşylarynyň ýanyna gelip, 2 Kengan ýurdundaky Şiloda+ olara: «Ýehowa Musa pygambere biz üçin şäherler we öri meýdanlar bermegi tabşyrypdy»+ diýdiler. 3 Ýehowanyň buýruşy ýaly, ysraýyllar öz mülkünden lewilere şäherler+ we öri meýdanlar berdiler+.

4 Ilkinji atylan bije Harun ruhanynyň nesli lewileriň kohat tiresine+ düşdi. Olara ýahuda+, şimgon+ we benýamin taýpasynyň mülkünden 13 şäher berildi+.

5 Galan kohatlara-da bije atdylar. Olara efraýymlaryň+, danlaryň we manaşa taýpasynyň ýarysynyň mülkünden on şäher berildi+.

6 Gerşon tiresine+ ysahar, aşer, naftaly we manaşa taýpasynyň ýarysynyň Başandaky mülkünden 13 şäher berildi+.

7 Merar tiresine+ ruben, gad we zebulun taýpasynyň mülkünden 12 şäher berildi+.

8 Ýehowanyň Musa arkaly tabşyryşy ýaly, ysraýyllar bije atyp, şol şäherleri we öri meýdanlary lewilere berdiler+.

9 Ýahuda we şimgon taýpasynyň mülkünden ady agzalan şäherler+ 10 Harunyň nesli lewileriň kohat tiresine berildi, sebäbi birinji bije şolara düşüpdi. 11 Olara Ýahudanyň daglarynda ýerleşýän Kirýat-arbany+, ýagny Hebrony+ we töweregindäki öri meýdanlary berdiler. Arba Anagyň atasydy. 12 Şäheriň golaýyndaky ýerleri we obalary bolsa Ýepunnanyň ogly Kalebe berdiler+.

13 Harun ruhanynyň nesline ganhor üçin gaçybatalga şäheri+, ýagny öri meýdanly Hebrony+, şeýle-de öri meýdanly Libnany+, 14 öri meýdanly Ýateri+, öri meýdanly Eştemowany+, 15 öri meýdanly Holony+, öri meýdanly Debiri+, 16 öri meýdanly Aýny+, öri meýdanly Ýuttany+ we öri meýdanly Beýtşemeşi berdiler. Şeýlelikde, olara iki taýpadan dokuz şäher berildi.

17 Benýamin taýpasynyň mülkünden öri meýdanly Gibgony+, öri meýdanly Gebany+, 18 öri meýdanly Anatoty+, öri meýdanly Almony — dört şäher berdiler.

19 Harunyň neslinden ruhanylara jemi 13 şäher bilen öri meýdanlary berildi+.

20 Lewileriň kohat tiresiniň galan bölegine efraýym taýpasynyň mülkünden şäherler berildi. 21 Olara ganhor üçin gaçybatalga şäheri+, ýagny Efraýym daglygynda ýerleşýän öri meýdanly Şekemi+, öri meýdanly Gezeri+, 22 öri meýdanly Kibsaýymy, öri meýdanly Beýthorony+ — dört şäher berdiler.

23 Dan taýpasynyň mülkünden öri meýdanly Eltekäni, öri meýdanly Gibetony, 24 öri meýdanly Aýalony+, öri meýdanly Get-rimmony — dört şäher berdiler.

25 Manaşa taýpasynyň ýarysynyň mülkünden öri meýdanly Tanahy+, öri meýdanly Get-rimmony — iki şäher berdiler.

26 Galan kohatlara jemi on şäher bilen öri meýdanlary berildi.

27 Lewileriň gerşon+ tiresine manaşa taýpasynyň ýarysynyň mülkünden ganhor üçin gaçybatalga şäheri, ýagny Başandaky öri meýdanly Golany+, öri meýdanly Beýeşterahy — iki şäher berdiler.

28 Ysahar+ taýpasynyň mülkünden öri meýdanly Kişýony, öri meýdanly Daberaty+, 29 öri meýdanly Ýarmuty, öri meýdanly En-gannimi — dört şäher berdiler.

30 Aşer taýpasynyň+ mülkünden öri meýdanly Mişaly, öri meýdanly Abdony, 31 öri meýdanly Helkaty+, öri meýdanly Rehoby+ — dört şäher berdiler.

32 Naftaly taýpasynyň mülkünden ganhor üçin gaçybatalga şäheri+, ýagny Jeliledäki öri meýdanly Kedeşi+, öri meýdanly Hammot-dory, öri meýdanly Kartany — üç şäher berdiler.

33 Gerşon tiresine jemi 13 şäher bilen öri meýdanlary berildi.

34 Beýleki lewilere, ýagny merar tiresine+ zebulun taýpasynyň mülkünden+ öri meýdanly Ýoknegamy+, öri meýdanly Kartahy, 35 öri meýdanly Dimnany, öri meýdanly Nahalaly+ — dört şäher berdiler.

36 Ruben taýpasynyň mülkünden öri meýdanly Bezeri+, öri meýdanly Ýahazy+, 37 öri meýdanly Kedemoty, öri meýdanly Mepagaty — dört şäher berdiler.

38 Gad taýpasynyň+ mülkünden ganhor üçin gaçybatalga şäheri, ýagny Gileaddaky öri meýdanly Ramoty+, öri meýdanly Mahanaýymy+, 39 öri meýdanly Heşbony+, öri meýdanly Ýazeri+ — jemi dört şäher berdiler.

40 Beýleki lewilere, ýagny merar tiresine jemi 12 şäher berildi.

41 Şeýlelikde, lewilere ysraýyllaryň mülkünden jemi 48 şäher bilen öri meýdanlary berildi+. 42 Her şäheriň töwereginde öri meýdanlary bardy.

43 Ýehowa ysraýyl halkynyň ata-babalaryna wada berişi ýaly+, tutuş ýurdy ysraýyllara mülk edip berdi. Olar ýurtda ýaşap başladylar+. 44 Şeýle-de Ýehowa olary ata-babalaryna wada berişi ýaly parahat ýaşatdy*+. Duşmanlaryň hiç biri olara garşy çykyp bilmedi+. Ýehowa ähli duşmanlary olaryň eline berdi+. 45 Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren gowy wadalarynyň ýekejesi-de ýerine ýetmän galmady, ählisi berjaý boldy+.

22 Soňra Ýuşa rubenleri, gadlary we manaşa taýpasynyň ýarysyny ýygnap, 2 şeýle diýdi: «Siz Ýehowanyň guly Musanyň ähli tabşyrygyny berjaý etdiňiz+, maňa-da gulak asdyňyz+. 3 Şu wagta çenli doganlaryňyzy ýeke goýmadyňyz+, Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyrygyny birkemsiz ýerine ýetirdiňiz+. 4 Ýehowa Hudaýyňyz sözünde durup, doganlaryňyza rahatlyk* berdi+. Indi Ýehowanyň guly Musanyň Iordanyň aňyrsyndan* beren mülküne gaýdyp bilersiňiz+. 5 Ýöne Ýehowanyň guly Musanyň tabşyryklaryny we kanunyny gyşarnyksyz berjaý edip+, Ýehowa Hudaýyňyzy söýüň+, hemişe onuň ýolundan ýöräň+, Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip+, wepaly boluň+ we bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz*+ bilen gulluk ediň»+.

6 Ýuşa ak pata berip, olary ugratdy. Olar hem öýlerine* gaýtdy. 7 Manaşa taýpasynyň ýarysyna Musa Başandan mülk beripdi+, galan ýarysyna bolsa Ýuşa Iordanyň günbataryndan, doganlarynyň arasyndan mülk berdi+. Ýuşa olary öýüne iberende, ak pata berip: 8 «Ine, sizde birgiden baýlyk, mal-gara, altyn-kümüş, mis, demir, egin-eşik bar+. Öýüňize sag-aman baryň. Duşmanlardan alan oljaňyzy hem äkidip, doganlaryňyz bilen paýlaşyň»+ diýdi.

9 Şeýlelikde, rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy Kengan ýurdundaky Şilodan, ysraýyl doganlarynyň ýanyndan gaýdyp, Ýehowanyň Musa arkaly mülk edip beren ýurdy+ Gileada+ ýola düşdüler. 10 Kengan ýurdundaky Iordan derýasyna ýetip, rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy Iordanyň boýunda ägirt uly gurbanlyk ojagyny* gurdular. 11 Biraz wagtdan beýleki ysraýyllara: «Rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy Kenganyň serhedinde, Iordan boýunda, ysraýyllar tarapda gurbanlyk ojagyny gurupdyr» diýip habar berdiler+. 12 Muny eşidip, bütin ysraýyl halky olar bilen söweşmek üçin Şilo+ ýygnandy.

13 Soňra ysraýyllar Gileaddaky rubenleriň, gadlaryň we manaşa taýpasynyň ýarysynyň ýanyna Algazaryň ogly Pinehas+ ruhanyny iberdiler. 14 Ysraýyllaryň on baştutany, ýagny her taýpadan bir baştutan hem Pinehas bilen gitdi. Olaryň hersi ysraýyl tirelerine* ýolbaşçylyk edýärdi+. 15 Olar Gileaddaky rubenleriň, gadlaryň we manaşa taýpasynyň ýarysynyň ýanyna baryp:

16 «Ýehowanyň halky şeýle diýýär: „Siz näme üçin Ysraýyl Hudaýyna biwepalyk etdiňiz?+ Ýehowa gulak asman, gurbanlyk ojagyny gurup, näme üçin Ýehowa garşy çykdyňyz?+ 17 Pegorda eden günämizi az görýäňizmi? Şonda Ýehowa halkynyň başyna betbagtçylyk inderipdi. Şol günä sebäpli entegem kösenip ýörüs+. 18 Siz bolsa ýene-de Ýehowadan ýüz öwürdiňiz! Eger häzir Ýehowa garşy çyksaňyz, ol dessine bütin ysraýyl halkyna gaharlanmazmy?+ 19 Özüňize berlen mülki mukaddes hasaplamaýan bolsaňyz*, Ýehowanyň mülküne+, Ýehowanyň çadyry goýlan ýere+ geliň-de, aramyzda ýaşaň. Ýöne Ýehowanyň garşysyna çykmaň, Ýehowa Hudaýymyzyň gurbanlyk ojagyndan başga gurbanlyk ojagyny gurup, bizi hem günä galdyrmaň+. 20 Zera ogly Ahan+ ýok edilmeli zatlary ogurlap, biwepalyk edende, Hudaýyň bütin halka gahary gelmedimi?+ Şonda eden günäsi üçin diňe Ahan ölmedi“»+ diýdiler.

21 Rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy ysraýyl tirebaşylaryna*+ şeýle jogap berdiler: 22 «Ýehowa Hudaý ähli taňrylardan beýikdir! Ähli taňrylardan beýik Ýehowa+ gurbanlyk ojagyny näme üçin gurandygymyzy bilýär, ysraýyl halky hem bilsin. Eger Ýehowa biwepalyk edip, garşysyna çykan bolsak, goý, ol häziriň özünde ählimizi gyrsyn! 23 Eger gurbanlyk ojagyny Ýehowa garşy çykmak üçin, ýakma we parahatlyk gurbanlyklary, galla sadakalary hödürlemek üçin guran bolsak, Ýehowa bize jeza bersin+. 24 Aslynda, gurbanlyk ojagyny başga maksat bilen gurduk. Gelejekde siziň ogul-gyzlaryňyz biziňkilere: „Siziň Ysraýyl Hudaýy Ýehowa sežde etmäge hakyňyz ýok. 25 Eý rubenler we gadlar, Ýehowa Iordan derýasyny aramyza serhet edip goýdy. Siz Ýehowa sežde etmersiňiz“ diýer öýtdük. Şeýdip, siziň nesliňiz biziň neslimize Ýehowa sežde etdirmez öýtdük.

26 Şonuň üçin biz: „Geliň, gurbanlyk ojagyny guralyň, ýöne üstünde ýakma gurbanlyklary we sadakalary hödürlemäliň. 27 Goý, gurbanlyk ojagy siz bilen biziň aramyzda+, geljekki nesillerimiziň arasynda şaýat bolsun. Şonda ýakma we parahatlyk gurbanlyklarymyzy, sadakalarymyzy hödürläp, Ýehowa arkaýyn sežde ederis+. Siziň nesliňiz hem biziňkilere: „Ýehowa sežde etmäge hiç hili hakyňyz ýok“ diýip bilmez. 28 Birden diýäýselerem, olara: „Ine Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň nusgasy, ata-babalarymyz muny ýakma gurbanlyklary ýa-da sadakalary hödürlemek üçin däl, aramyzda şaýat bolmagy üçin gurupdyr“ diýip jogap bereris“ diýdik. 29 Ýehowa gulak asman, şu gurbanlyk ojagynda ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary we başga-da gurbanlyklary hödürlejek bolmadyk. Ýehowa Hudaýymyzyň çadyrynyň öňünde goýlan gurbanlyk ojagyndan başga gurbanlyk ojagyny gurup, Ýehowa garşy çykmak pikirimizde-de ýokdy!»+

30 Ruben, gad we manaşa taýpasynyň aýdan zatlaryny eşidip, Pinehas ruhany we ýanynda giden ysraýyl baştutanlary, tirebaşylary* köşeşdi+. 31 Şonda Algazaryň ogly Pinehas ruhany ruben, gad we manaşa taýpasyna: «Siz Ýehowa biwepalyk etmänsiňiz, diýmek, Ýehowa bizden ýüz öwren däldir. Ýehowa halka jeza bermez» diýdi.

32 Algazaryň ogly Pinehas ruhany we baştutanlar Gileaddaky rubenleriň, gadlaryň ýanyndan gaýtdylar. Olar Kengana gelip, ähli zady ysraýyllara gürrüň berdiler. 33 Muny eşiden ysraýyllar köşeşdiler we Hudaýy şöhratlandyrdylar. Şondan soň hiç kim rubenler we gadlar bilen söweşip, olaryň ýurduny weýran etmek hakda dil ýarmady.

34 Rubenler bilen gadlar gurbanlyk ojagyna at goýdular*. Olar: «Gurbanlyk ojagy Ýehowanyň ýeke-täk hak Hudaýdygyna aramyzda şaýat bolar» diýdiler.

23 Aradan ep-esli wagt geçdi. Ýehowa ysraýyllary ähli duşmanlaryndan goraýardy*+. Ýuşa bolsa garrap, ýaşy bir çene ýetipdi+. 2 Ýuşa ähli ysraýyllary+, ýaşululary, baştutanlary, kazylary we ýolbaşçylary+ ýygnap, şeýle diýdi: «Indi men garradym, ýaşym bir çene ýetdi. 3 Ýehowanyň siziň üçin duşmanlary ýok edişini gözüňiz bilen gördüňiz. Siziň üçin Ýehowa Hudaýyňyz söweşdi+. 4 Biz Iordandan tä günbatardaky Beýik deňze* çenli aralykda ýaşaýan halklary derbi-dagyn etdik+. Käbir halklar galan bolsa-da, bije atyp+, ýurdy taýpalara paýladym+. 5 Ýehowa Hudaýyňyz halklary öňüňizden aýyrdy, ýurtdan kowup çykardy+. Ýehowa Hudaýyň wada berişi ýaly, olaryň ýurduny eýelediňiz+.

6 Indi batyrgaý boluň, Musanyň kanunyndaky+ tabşyryklary gyşarnyksyz ýerine ýetiriň, saga-sola sowulmaň+. 7 Daş-töweregiňizde ýaşaýan halklar bilen gatnaşmaň+. Olaryň taňrylarynyň adyny-da agzamaň+, olaryň adyndan ant içmäň, olara sežde etmäň, tagzym etmäň+. 8 Häzirkiňiz ýaly, Ýehowa Hudaýyňyza wepaly boluň+. 9 Ýehowa uly hem güýçli halklary ýurtdan kowup çykarar+. Şu wagta çenli hiç kim size garşy çykyp bilmedi+. 10 Ýehowa Hudaýyňyz sözünde durup, siz üçin söweşer+, bir esgeriňiz müň esgerden üstün çykar*+. 11 Hemişe Ýehowa Hudaýyňyzy söýseňiz+, aman-sag ýaşarsyňyz+.

12 Emma Hudaýdan ýüz öwrüp, daş-töweregiňizde ýaşaýan halklara+ goşulyp, olar bilen gatnaşsaňyz, garyndaşlyk açsaňyz+, 13 bilip goýuň, Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary ýurtdan kowup çykarmaz+. Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy ýurdunda gyrlyp gutarýançaňyz, olar size duzak hem tor, arkaňyza urlan gamçy+, gözüňize dürtülen tiken ýaly bolar.

14 Indi meniň ölümim golaýlap gelýär. Bilşiňiz ýaly, Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy wadalarynyň hiç biri ýerine ýetmän galmady, ählisi aýdyşy ýaly boldy. Her bir sözi ýerine ýetdi+. 15 Ýehowa Hudaýyňyz gowy wadalaryny ýerine ýetirýän bolsa+, onda Ýehowa size duýduran ähli betbagtçylyklaryny hem başyňyzdan inderer. Ýehowa Hudaýyňyz sizi beren gowy ýurdundan bütinleý ýok edibem biler+. 16 Eger siz Ýehowa Hudaýyňyz bilen baglaşan ähtiňizi bozup, başga taňrylara sežde etseňiz, tagzym etseňiz, Ýehowanyň gahary gelip+, mülk edip beren gowy ýurdundan sizi dessine ýok eder»+.

24 Ýuşa ysraýyl taýpalaryny Şekeme ýygnap, ýaşululary, baştutanlary, kazylary, ýolbaşçylary çagyrdy+. Olar hak Hudaýyň huzurynda durdular. 2 Şonda Ýuşa halka: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Öňler ata-babalaryňyz Ybraýymyň we Nahuryň kakasy Tarah Ýewfrat derýasynyň aňyrsynda ýaşaýardy+, başga taňrylara sežde edýärdi+.

3 Ataňyz Ybraýymy+ derýanyň* aňyrsyndan alyp gaýdyp, Kengan ýurduny görkezdim, neslini köpeltdim+. Oňa Yshagy berdim+, 4 Yshaga Ýakup bilen Ysawy berdim+. Ysawa Segir dagyny mülk edip berdim+. Ýakup ogullary bilen Müsüre gitdi+. 5 Soňra Musa bilen Haruny iberip+, müsürlilere jeza berip+, sizi Müsürden çykardym. 6 Ata-babalaryňyzy Müsürden alyp gelýärkäm+, müsürliler söweş arabalary we atlylary bilen olary Gyzyl deňze çenli kowaladylar. Deňziň ýakasyna ýetip+, 7 atalaryňyz Ýehowadan kömek soradylar+. Şonda men olar bilen müsürlileriň arasyna gara bulut goýdum, müsürlileri deňze gark etdim+. Müsürde eden zatlarymy gözüňiz bilen gördüňiz+. Soňra ençeme ýyllap çölde ýaşadyňyz+.

8 Sizi Iordanyň aňyrsynda* ýaşaýan amorlaryň ýurduna eltdim. Amorlar siziň garşyňyza çyksa-da+, olary eliňize berdim. Men olary ýok etdim, olaryň ýurduny eýelediňiz+. 9 Soňra Mowap patyşasy Sefur ogly Ballak aýaga galyp, ysraýyllar bilen söweşdi. Ol size gargyş okatmak üçin Benur ogly Bilgamy çagyrdy+. 10 Emma men Bilgamy diňlemedim+, gaýtam diňe alkyş okar*+ ýaly edip, sizi halas etdim+.

11 Soňra Iordandan geçip+, Ýerihona geldiňiz+. Ýerihonyň baştutanlary*, amorlar, perizler, kenganlar, hetler, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar size garşy çykdy, emma men olary eliňize berdim+. 12 Heniz ýurda gelmänkäňiz, duşmanlaryňyzy ruhdan düşürdim*+. Amorlaryň iki hany ýaly, olar hem sizden gaçdylar. Ýöne muny öz gylyjyňyz, ýaýyňyz bilen etmediňiz+. 13 Men size azabyňyz siňmedik topragy, gurmadyk şäherleriňizi berdim+. Ýurtda mesgen tutup, ekmedik üzümleriňizi we zeýtunlaryňyzy iýýäňiz“+.

14 Şonuň üçin Ýehowadan gorkuň, ak ýürekden* we wepaly gulluk ediň+. Ata-babalaryňyzyň derýanyň* aňyrsynda we Müsürde sežde eden taňrylaryny araňyzdan aýryp+, Ýehowa gulluk ediň. 15 Eger Ýehowa gulluk etmek islemeseňiz, onda kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň+. Isleseňiz, ata-babalaryňyzyň derýanyň* aňyrsynda sežde eden taňrylaryna+, isleseňiz hem, amorlaryň taňrylaryna sežde ediň+. Men bolsa maşgalam bilen Ýehowa gulluk etjek» diýdi.

16 Şonda ysraýyllar: «Ýehowadan ýüz öwrüp, başga taňrylara sežde etmekden Hudaý saklasyn! 17 Ýehowa Hudaýymyz bizi, ata-babalarymyzy Müsür gulçulygyndan çykardy+, gözümiziň alnynda gudrat görkezdi+, ýolboýy gorap, halklaryň arasyndan geçirdi+. 18 Ýehowa ähli halklary, hatda amorlary-da ýurtdan kowup çykardy. Şonuň üçin biz hem Ýehowa gulluk etjek, ol biziň Hudaýymyz» diýdiler.

19 Emma Ýuşa olara: «Siz Ýehowa gulluk edip bilmersiňiz, sebäbi ol mukaddes Hudaý+, ýürekden wepaly bolmagy talap edýär*+. Ol siziň ýazyklaryňyzy* we günäleriňizi bagyşlamaz+. 20 Eger Ýehowadan ýüz öwrüp, başga taňrylara sežde etseňiz, ol hem sizden ýüz öwrer*. Ýagşylyk eden Hudaý sizi bütinleý ýok eder»+ diýdi.

21 Halk bolsa: «Ýok, biz Ýehowa gulluk etjek!»+ diýdi. 22 Şonda Ýuşa: «Bu gün öz islegiňiz bilen Ýehowa gulluk etmegi saýladyňyz+, muňa özüňiz şaýat» diýdi. Olar hem: «Hawa, şaýatdyrys!» diýdiler.

23 Ýuşa: «Onda ýalan taňrylary araňyzdan aýryp, bütin ýüregiňiz bilen Ysraýyl Hudaýy Ýehowa gulluk ediň» diýdi. 24 Şonda ysraýyllar: «Ýehowa Hudaýymyza gulluk ederis, gulak asarys!» diýdiler.

25 Şol gün Ýuşa halk bilen äht baglaşdy we Şekemde olara kada-kanunlary berdi. 26 Ýuşa olary Hudaýyň kanun kitabyna ýazdy+. Soňra ullakan daş alyp+, Ýehowanyň mukaddes ýerindäki uly agajyň aşagynda goýdy.

27 Ýuşa halka: «Şu daş bize şaýat bolar+, sebäbi ol Ýehowanyň aýdan ähli sözüni eşitdi. Eger Hudaýdan ýüz öwürseňiz, şu daş size garşy şaýat bolar» diýdi. 28 Soňra Ýuşa halky ugratdy, olaryň hersi öz mülküne dolandy+.

29 Ýehowanyň guly Nun ogly Ýuşa 110 ýaşynda aradan çykdy+. 30 Ýuşany öz mülkünde, Efraýym daglaryndaky Timnat-serada+, Gagaş dagynyň demirgazygynda jaýladylar. 31 Ýuşanyň döwründe we ondan uzak ýaşap, Ýehowanyň ysraýyl halky üçin eden işlerini gören ýaşulularyň döwründe halk Ýehowa wepaly boldy+.

32 Ysraýyllar Ýusubyň süňklerini+ Müsürden alyp gaýdypdylar. Olary Şekemde bir mellekde gömdüler. Ýakup şol mellegi Şekemiň kakasy Hamoryň ogullaryndan+ 100 kümüş teňňä satyn alypdy+. Şol mellek Ýusubyň nesliniň mülki boldy+.

33 Harunyň ogly Algazar hem aradan çykdy+. Algazary Efraýym daglarynda, ogluna berlen Pinehas+ baýrynda jaýladylar.

Ýa-da: Ýehoşuw. Manysy: Ýehowa Halasgär.

Ýagny Ortaýer deňzi.

Ýa-da: bermegi ant içen.

Ýa-da: ýuwaş ses bilen oka; pyşyrdap oka.

Sözme-söz: Dynçlyk bermek.

Sözme-söz: Musanyň.

Sözme-söz: dynçlyk bersin.

Sözlüge serediň.

Ýagny Iordanyň gündogar tarapy.

Ýa-da: wepaly söýgi bildirişim.

Ýa-da: kepilnama.

Ýa-da: wepaly söýgi bildireris.

Ýa-da: gany biziň boýnumyzadyr.

Ýa-da: antymyzdan azat bolarys.

Takmynan 890 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýagny Öli deňzi.

Ýa-da: ýatlatma.

Sözme-söz: Şaýatlyk.

Sözme-söz: ýene-de, ikinji sapar sünnetle.

Manysy: Sünnet baýry.

Ýa-da: gulluk ýaşyna ýeten.

Ýa-da: kemsitmesinden.

Sözme-söz: togalap aýyrdym.

Manysy: Togalamak; togalap aýyrmak.

Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.

Ýa-da: gowrulan bugdaý.

Sözme-söz: goçuň şahyny.

Ýa-da: ant içişiňiz.

Başga manysy: halka ant içirdi.

Manysy: Daş alynýan ýer.

Sözme-söz: halkyň ýüregi eräp, suw ýaly akdy.

Ýagny gündogar tarapy.

Sözme-söz: Özlerem ýok edilmeli zada öwrüldi.

Ýa-da: Ýehowa hormat goýup.

Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Manysy: Bela-beter; betbagtçylyk.

Ýa-da: agaçdan.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: bereketleri.

Ýagny Ortaýer deňzi.

Ýa-da: ylalaşyk baglaşdylar.

Ýagny gündogar tarapy.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Gullaryňdan ýüz öwürme.

Ýa-da: doly; buz.

Ýa-da: agaçdan.

Ýa-da: Arabada.

Ýa-da: esasy.

Ýa-da: Şepelasyny.

Genesaret köli ýa-da Jelile deňzi hem diýilýär.

Ýagny Öli deňzi.

Ýa-da: Şihordan.

Ýa-da: Hamatyň girelgesine.

Genesaret köli ýa-da Jelile deňzi hem diýilýär.

Ýa-da: çadyrly obalary.

Ýagny gündogar tarapy.

Sözme-söz: ýüregimdäkini aýtdym.

Ýa-da: halkyň ýüregine gorky salsa-da.

Ýagny Öli deňzi.

Ýagny Ortaýer deňzi.

Ýagny Öli deňzi.

Ýagny Ortaýer deňzi.

Başga manysy: eşekde otyrka, elini çarpanda.

Ýa-da: Negepdäki.

Manysy: Suwly jam.

Başga manysy: Gedar we agyllary.

Ýagny Ortaýer deňzi.

Ýagny gündogar tarapy.

Sözme-söz: saga.

Sözme-söz: demir arabalary.

Sözme-söz: demir arabalarynyň.

Sözlüge serediň.

Ýagny Öli deňzi.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: duşmançylyksyz; ýigrençsiz.

Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşyndan.

Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşy.

Ýa-da: mukaddes etdiler.

Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşyndan.

Sözme-söz: her tarapdan dynçlyk berdi.

Sözme-söz: dynçlyk.

Ýagny gündogar tarapy.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: çadyrlaryna.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: müňlerine.

Ýa-da: hapa görýän bolsaňyz.

Sözme-söz: müňleriniň baştutanlaryna.

Sözme-söz: müňleriniň baştutanlary.

Şol taýpalaryň aýdan sözlerine görä, gurbanlyk ojagynyň ady «Şaýatlyk» bolmaly.

Sözme-söz: dynçlyk berýärdi.

Ýagny Ortaýer deňzi.

Ýa-da: kowalar.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Ýagny gündogar tarapy.

Ýa-da: ak pata berer.

Başga manysy: ýer eýeleri.

Başga manysy: galagoplyga düşürdim; howsala saldym.

Ýa-da: aýypsyz.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Ýa-da: gabanjaň; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýär.

Ýa-da: boýnuýogynlygyňyzy.

Ýa-da: size garşy aýaga galar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş