Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt 1 Taryh 1:1—29:30
  • 1 Taryh

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 1 Taryh
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
1 Taryh

BIRINJI TARYH KITABY

1 Adam ata,

Şis+,

Enoş,

2 Kenan,

Mahalel+,

Jaret+,

3 Idris+,

Metuşelah,

Lemek+,

4 Nuh+,

Sam+, Ham we Ýafet+.

5 Ýafetiň ogullary: Gomer, Mäjit, Madaý, Ýawan, Tubal+, Meşeh+ we Tiras+.

6 Gomeriň ogullary: Aşkenaz, Rapat we Togarmah+.

7 Ýawanyň ogullary: Alyşah, Tarşyş, Kittim we Rodanym.

8 Hamyň ogullary: Kuş+, Misraýym, Put we Kengan+.

9 Kuşuň ogullary: Saba+, Hawyla, Sabtan, Raýman+ we Sabteka.

Raýmanyň ogullary: Şeba bilen Dedan+.

10 Kuşuň Nemrut diýen ogly hem bardy+. Nemrut ýer ýüzünde ilkinji güýçli baştutandy.

11 Misraýym Ludymyň+, Anamimiň, Lehabimiň, Naptohumyň+, 12 Patrusimiň+, Kasluhimiň we Kaptoryň+ atasydy. Kasluhimden piliştliler+ gelip çykdy.

13 Kenganyň uly oglunyň ady Sidon+, kiçisiniňki Hetdi+. 14 Kengandan ýabuslar+, amorlar+, girgaşlar+, 15 hiwiler+, arkytlar, sinler, 16 arwatlylar+, zemarlar we hamatlylar gelip çykdy.

17 Samyň ogullary: Elam+, Ashur+, Arpahşat, Lud, Aram

hem⁠-⁠de* Uz, Hul, Geter we Maş+.

18 Arpahşat Şelanyň+ atasydy, Şela Eberiň atasydy.

19 Eberiň iki ogly bardy. Olaryň biriniň adyna Pelek*+ goýupdylar, sebäbi onuň döwründe ýer ýüzünde bölünişik döräpdi*, doganynyň ady bolsa Ýoktandy.

20 Ýoktan Almodatyň, Şelebiň, Hasarmawetiň, Ýerehiň+, 21 Hadoramyň, Uzalyň, Diklanyň, 22 Abalyň, Abymaýylyň, Şebanyň, 23 Oferiň+, Hawylanyň+ we Ýobabyň atasydy. Olar Ýoktanyň ogullarydy.

24 Sam,

Arpahşat,

Şela,

25 Eber,

Pelek+,

Rehuw+,

26 Seruh+,

Nahur+,

Tarah+,

27 Ybram, ýagny Ybraýym+.

28 Ybraýymyň ogullary: Yshak+ bilen Ysmaýyl+.

29 Olaryň nesilleri şulardyr: Ysmaýylyň uly oglunyň ady Nebaýotdy+, beýlekileri Kedar+, Adbeýel, Mibsam+, 30 Mişma, Duma, Massa, Hadat, Teýma, 31 Ýetur, Nepes we Kedeman. Olar Ysmaýylyň ogullarydy.

32 Ybraýymyň Ketura+ atly gyrnagyndan Zimran, Ýogşan, Medan, Midýan+, Yşbak we Şuwas+ doguldy.

Ýogşanyň ogullary: Şeba bilen Dedan+.

33 Midýanyň ogullary: Eýpah+, Eper, Hanoh, Abydag we Eldah.

Olaryň hemmesi Keturanyň agtyklarydy.

34 Ybraýym Yshagyň+ atasydy. Yshagyň ogullary: Ysaw+ bilen Ysraýyl+.

35 Ysawyň ogullary: Alypaz, Reguwel, Ýeguş, Ýelam we Karun+.

36 Alypazyň ogullary: Teýman+, Omar, Zepo, Gatam, Kenaz, Timnah we Amalek+.

37 Reguweliň ogullary: Nahat, Zera, Şammaý we Mizza+.

38 Segiriň+ ogullary: Lotan, Şobal, Zybgon, Anah, Dişon, Ezer we Dişan+.

39 Lotanyň ogullary: Hor bilen Homam. Lotanyň Timna+ diýen uýasy bardy.

40 Şobalyň ogullary: Alwan, Manahat, Gewal, Şepa we Onam.

Zybgonyň ogullary: Aýah bilen Anah+.

41 Anahyň Dişon atly ogly* bardy.

Dişonyň ogullary: Hemdan, Eşban, Ytran we Keran+.

42 Ezeriň+ ogullary: Bilhan, Zagawan we Akan.

Dişanyň ogullary: Uz bilen Aran+.

43 Ysraýyllaryň heniz patyşasy ýokka+, Edom ýurdunda+ höküm süren patyşalar şulardyr: Benur ogly Beli, onuň şäherine Dinhaba diýýärdiler. 44 Beli ýogalyp, ýerine bosraly+ Zeranyň ogly Ýobap geçdi. 45 Ýobap ýogalyp, ýerine teýmanly Huşam geçdi. 46 Huşam ýogalyp, ýerine Bedatyň ogly Hadat geçdi. Ol Mowap topragynda midýanlary derbi⁠-⁠dagyn etdi. Onuň şäherine Awit diýýärdiler. 47 Hadat ýogalyp, ýerine masrekaly Samlak geçdi. 48 Samlak ýogalyp, ýerine derýanyň boýundaky Rehobotdan Şewul geçdi. 49 Şewul ýogalyp, ýerine Ahboryň ogly Bagalhanan geçdi. 50 Bagalhanan ýogalyp, ýerine Hadat geçdi. Onuň şäherine Paw diýýärdiler. Aýalynyň ady Mehetabeldi; ol Matretiň gyzy, Mezhabyň agtygydy. 51 Soňra Hadat hem aradan çykdy.

Edomyň emirleri* şulardyr: Timna emir, Alwa emir, Ýetet+ emir, 52 Oholbaý emir, Elah emir, Pinon emir, 53 Kenaz emir, Teýman emir, Mibsar emir, 54 Magdyýel emir we Iram emir. Olaryň hemmesi Edomyň emirleridi.

2 Ysraýylyň+ ogullary: Ruben+, Şimgon+, Lewi+, Ýahuda+, Ysahar+, Zebulun+, 2 Dan+, Ýusup+, Benýamin+, Naftaly+, Gad+ we Aşer+.

3 Ýahudanyň ogullary: Er, Onan we Şela. Olaryň üçüsi kenganlardan Şuwanyň gyzyndan bolupdy+. Ýahudanyň nowbahar ogly Er Ýehowanyň gaharyny getirdi. Şonuň üçin Hudaý ony ölüme höküm etdi+. 4 Ýahudanyň gelni Tamardan+ Perez+ we Zera atly ogullary boldy. Ýahudanyň jemi bäş ogly bardy.

5 Pereziň ogullary: Hesron bilen Hamul+.

6 Zeranyň ogullary: Zimri, Etan, Heman, Kalkul we Dara. Olar jemi bäş sanydy.

7 Karminiň Ahar* atly ogly* bardy. Ahar ýok edilmeli zatlary ogurlap, biwepalyk etmek bilen+, Ysraýylyň başyna bela getiripdi+.

8 Etanyň Azarýa atly ogly* bardy.

9 Hesronyň ogullary: Ýerehmil+, Ram+ we Kelubaý*.

10 Ram Aminadabyň atasydy+, Aminadap Nahşonyň atasydy+. Nahşon Ýahudanyň nesilleriniň baştutanydy. 11 Nahşon Selmanyň+ atasydy, Selma Bowazyň+ atasydy. 12 Bowaz Abytyň atasydy, Abyt Ýessäniň+ atasydy. 13 Ýessäniň nowbahar ogly Alyýapdy, ikinjisi Abynadap+, üçünjisi Şimek+, 14 dördünjisi Netanel, bäşinjisi Raddaý, 15 altynjysy Ösem, ýedinjisi bolsa Dawutdy+. 16 Olaryň Seruýa we Abygaýyl+ atly uýalary bardy. Seruýanyň Abyşaý+, Ýowap+ we Asahel+ diýen üç ogly boldy. 17 Abygaýyl Emasany+ dünýä indirdi. Emasanyň kakasy Ýether ysmaýyllardandy.

18 Hesronyň ogly Kalebiň* aýaly Azubadan we gyrnagy Ýerigatdan birnäçe ogly boldy. Olar: Ýeşer, Şobap we Ardon. 19 Azuba ýogalansoň, Kalep Efrata+ öýlendi, olaryň Hur+ atly ogly boldy. 20 Hur Uranyň atasydy, Ura Besaleliň+ atasydy.

21 Hesron 60 ýaşyndaka, Gileadyň+ atasy Mahyryň+ gyzyna öýlendi. Hesron aýalyna ýanaşdy*, olaryň Segup atly ogly boldy. 22 Segup Ýaýyryň+ atasydy; Gilead+ topragynda Ýaýyryň 23 şäheri bardy. 23 Soňra geşurlylar+ bilen siriýalylar+ Hawot⁠-⁠ýaýyry+, Kenaty+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalary, jemi 60 şäheri olaryň elinden aldylar. Olaryň hemmesi Gileadyň atasy Mahyryň nesilleridi.

24 Hesron+ Kalep⁠-⁠efratda aradan çykansoň, aýaly Abyýar Aşhury+ dogurdy. Aşhur Tekoýanyň+ atasydy*.

25 Hesronyň nowbahar ogly Ýerehmiliň ogullary: nowbahar ogly Ram, Binýar, Oren, Ösem we Ahyýar. 26 Ýerehmiliň Atara atly aýaly Onamy dogurdy. 27 Ýerehmiliň nowbahar ogly Ramyň ogullary: Magaz, Ýamin we Eker. 28 Onamyň ogullary: Şemaý bilen Ýada. Şemaýyň ogullary: Nadap bilen Abyşur. 29 Abyşuryň aýalynyň ady Abyhaýyldy. Ol Ahban bilen Moliti dogurdy. 30 Nadabyň ogullary: Selet bilen Apaýym. Emma Selet ogulsyz dünýäden ötdi. 31 Apaýymyň Ýişgi, Ýişginiň Şeşan, Şeşanyň bolsa Ahlaý atly ogly* bardy. 32 Şemaýyň dogany Ýadanyň ogullary: Ýether bilen Ýonatan. Emma Ýether ogulsyz dünýäden ötdi. 33 Ýonatanyň ogullary: Pelez bilen Zaza. Olaryň hemmesi Ýerehmiliň nesilleridi.

34 Şeşanyň bolsa ogly ýokdy, diňe gyzlary bardy. Şeşanyň Ýarha atly müsürli hyzmatkäri bardy. 35 Şeşan bir gyzyny hyzmatkäri Ýarha durmuşa çykardy, olaryň Attaý diýen ogly boldy. 36 Attaý Natanyň atasydy, Natan Zabatyň atasydy. 37 Zabat Eplalyň atasydy, Eplal Abytyň atasydy. 38 Abyt Ýehuwyň atasydy, Ýehuw Azarýanyň atasydy. 39 Azarýa Helesiň atasydy, Heles Algasanyň atasydy. 40 Algasan Sismaýyň atasydy, Sismaý Şalumyň atasydy. 41 Şalum Ýekamýanyň atasydy, Ýekamýa Alyşamyň atasydy.

42 Ýerehmiliň inisi Kalebiň*+ ogullary: nowbahar ogly Meşa we Mareşanyň ogullary. Meşa Zibiň atasydy; Mareşan Hebronyň atasydy. 43 Hebronyň ogullary: Karun, Tapuw, Rekem we Şema. 44 Şema Rahamyň atasydy, Raham Ýorkegamyň atasydy. Rekem Şemaýyň atasydy. 45 Şemaýyň ogly Magondy, Magon Beýtsuryň+ atasydy. 46 Kalebiň gyrnagy Eýpadan Haran, Moza we Gazes doguldy; Haran Gazesiň atasydy. 47 Ýahdaýyň ogullary: Regem, Ýotam, Geşan, Pelet, Eýpah we Şagap. 48 Kalebiň gyrnagy Magak Şeberi we Tirhanany dogurdy. 49 Birnäçe wagtdan Magak Madmanahyň+ atasy Şagaby, Magbenan bilen Gibeýiň+ atasy Şewany dogurdy. Kalebiň+ Akşa+ atly gyzy hem bardy. 50 Olaryň hemmesi Kalebiň nesilleridi.

Efrafanyň+ nowbahar ogly Huruň+ ogullary: Kirýat⁠-⁠ýegarimiň+ atasy Şobal, 51 Beýtullahamyň+ atasy Selma we Beýtgaderiň atasy Harep. 52 Kirýat⁠-⁠ýegarimiň atasy Şobalyň Haroýa diýen ogly bardy. Menuhotlaryň ýarysy Şobaldan gelip çykdy. 53 Kirýat⁠-⁠ýegarimiň tireleri şulardyr: itralar+, puzytlar, şumatlar, mişralar. Zoralar+ bilen eştawollylar+ hem şolardan gelip çykdy. 54 Beýtullahamyň+, Netopanyň, Atrot⁠-⁠beýtýowabyň ilaty Selmanyň nesilleridi. Manahatlylaryň ýarysy we zorlylar hem Selmanyň nesilleridi. 55 Ýabezde mürzeleriň nesli tiratlar, şimgatlar we sukatlar ýaşaýardy. Olaryň hemmesi Hammatdan gelip çykan kenlerdi+; Hammat rehap+ tiresiniň atasydy.

3 Dawudyň Hebronda birnäçe ogly boldy+. Nowbahar ogly Emin+ ýizregelli Aganogamdan+ boldy, ikinji ogly Danyýar karmelli Abygaýyldan+ boldy. 2 Üçünji ogly Abselim+ Geşur hany Talmaýyň gyzy Magakdan boldy, dördünji ogly Adonyýar+ Haggytdan boldy. 3 Bäşinji ogly Şepatýa Abytaldan, altynjy ogly Itregam bolsa Egla diýen aýalyndan boldy. 4 Şeýlelikde, Hebronda Dawudyň alty ogly boldy. Dawut Hebronda ýedi ýarym ýyl, Iýerusalimde 33 ýyl höküm sürdi+.

5 Dawudyň Iýerusalimde doglan ogullary+: Şimek, Şobap, Natan+ we Süleýman+. Olaryň dördüsi Emiýeliň gyzy Batşebadan+ bolupdy. 6 Dawudyň başga⁠-⁠da dokuz ogly bardy. Olar: Ybhar, Alyşam, Alypelet, 7 Nogan, Nepek, Ýapa, 8 Alyşam, Alyýat we Alypelet. 9 Olaryň hemmesi Dawudyň ogullarydy. Dawudyň gyrnaklaryndan hem ogullary boldy. Olaryň Tamar+ diýen uýasy bardy.

10 Süleýmandan Rehobam+, Rehobamdan Abyýar+, Abyýardan Asa+, Asadan Ýehoşapat+, 11 Ýehoşapatdan Ýehoram+, Ýehoramdan Ahazýa+, Ahazýadan Ýehoýaş+, 12 Ýehoýaşdan Amazýa+, Amazýadan Azarýa+, Azarýadan Ýotam+, 13 Ýotamdan Ahaz+, Ahazdan Hizkiýa+, Hizkiýadan Manaşa+, 14 Manaşadan Amon+, Amondan Ýoşyýa+ doguldy. 15 Ýoşyýanyň nowbahar ogly Ýohanandy, ikinjisi Ýehoýakym+, üçünjisi Sadykýar+, dördünjisi Şalumdy. 16 Ýehoýakymyň Ýehonýa+, Ýehonýanyň Sadykýar diýen ogly boldy. 17 Ýesirlige äkidilen Ýehonýanyň ogullary şulardyr: Şehaltel, 18 Mälikram, Pedaýa, Şenazar, Ýekamýa, Hoşama we Nedabaý. 19 Pedaýanyň ogullary: Zerubabel+ bilen Şimeý. Zerubabeliň ogullary: Meşullam bilen Hananýa, olaryň Şelomit diýen uýasy hem bardy. 20 Zerubabeliň ýene⁠-⁠de bäş ogly boldy. Olar: Haşuba, Ohel, Bereketýar, Hasadýa we Ýuşapheset. 21 Hananýanyň ogullary: Pelatýa bilen Ýeşaýa. Ýeşaýadan Repaýa, Repaýadan Arnan, Arnandan Abdyýar, Abdyýardan Şekanýa, 22 Şekanýadan Şemaýa doguldy. Şemaýanyň Hatuş, Ygal, Baryýa, Neraýa we Şapat diýen ogullary boldy. Şekanýanyň nesli jemi alty adamdy. 23 Neraýanyň Alygenaý, Hezkiýa we Azrykam atly üç ogly bardy. 24 Alygenaýyň ýedi ogly boldy. Olar: Hodawýa, Alyýaşyp, Pelaýa, Akup, Ýohanan, Delaýa we Ananýar.

4 Ýahudanyň ogullary: Perez+, Hesron+, Karmi, Hur+ we Şobal+. 2 Şobalyň ogly Reýan Ýahatyň atasydy, Ýahat Ahymaý bilen Lahatyň atasydy. Olardan zoralaryň+ tireleri döredi. 3 Eýtamyň+ atasynyň* ogullary: Ýizregel, Yşma we Ybbaş, olaryň Haselelpon atly uýasy bardy; 4 Gedoryň atasy Penuwel, Huşanyň atasy Ezer. Olaryň hemmesi Efrafanyň nowbahar ogly Huruň+ ogullarydy. Hur Beýtullahamyň+ atasydy. 5 Tekoýanyň+ atasy Aşhuryň+ Hela we Nara atly iki aýaly bardy. 6 Nara Ahuzamy, Heperi, Temany we Hahaştary dogurdy. Olar Naranyň ogullarydy. 7 Hela Zareti, Ýyshary we Etnany dogurdy. 8 Kozuň nesilleri: Anup, Sobebah we Harumyň ogly Aharheliň nesli.

9 Ýabez doganlarynyň arasynda iň abraýlysydy. Ejesi: «Men muny agyry bilen dogurdym» diýip, adyna Ýabez* goýupdy. 10 Ýabez Ysraýyl Hudaýyna: «Maňa ak pata ber, mülkümi köpelt. Meni goldap, bela⁠-⁠beterden gora, ýamanlyk ýüzüni görmäýin» diýip doga etdi. Hudaý hem onuň dogasyna jogap berdi.

11 Şuhanyň dogany Kelup Mehiriň atasydy, Mehir Eştonyň atasydy. 12 Eşton Beýtrapanyň, Paseýanyň we Tehinanyň atasydy, Tehina Irnahaşyň atasydy. Olar Rekanyň ilatydy. 13 Kenazyň ogullary: Otnyýel+ bilen Seraýa. Otnyýeliň Hatat atly ogly* bardy. 14 Megonotaý Opranyň atasydy, Seraýa Ýowabyň atasydy, Ýowap bolsa Geharaşymyň* atasydy. Senetçileriň ýaşaýan şäherine Geharaşym diýýärdiler.

15 Ýepunnanyň ogly Kalebiň+ ogullary: Yruw, Elah we Nagym. Elahyň Kenaz diýen ogly* bardy. 16 Ýehaleliň ogullary: Zip, Zypa, Tirýa we Asarel. 17 Hydyrýaryň ogullary: Ýether, Meret, Eper we Ýalon. Merediň bir aýaly* Miriýamy, Şemaýy we Eştemowanyň atasy Işbahy dogurdy. 18 Olary faraonyň gyzy, Merediň aýaly Bitiýa dogrupdy. Merediň ýehudy aýaly bolsa Ýereti, Heberi we Ýekutyýeli dogurdy. Ýeret Gedoryň atasydy, Heber Sokonyň atasydy, Ýekutyýel Zanoganyň atasydy.

19 Hudaýaryň aýalynyň, Nahamyň uýasynyň ogullary garmitleriň Kegila şäheriniň we magakatlylaryň Eştemowa şäheriniň düýbüni tutdy*. 20 Şimonyň ogullary: Emin, Rinna, Benhanan we Tilon. Ýişginiň ogullary: Zohet bilen Benzohet.

21 Ýahudanyň ogly Şelanyň+ ogullary: Lekanyň atasy Er we Mareşanyň atasy Lada; dokma dokaýan aşbeýler hem Şeladan gelip çykdy, 22 Ýokym, Kozebanyň ilaty, Ýowaş, Sarap we Ýaşuplehem. Olar mowap gyzlaryna öýlenipdi. Şu maglumatlar gadym döwürden galan mirasdyr*. 23 Olaryň käbiri Netagymda we Gedarda ýaşapdy, küýzegärlik bilen meşgullanyp, patyşanyň golastynda işläpdi.

24 Şimgonyň+ ogullary: Nemuýel, Ýamin, Ýarep, Zera we Şewul+. 25 Şewuldan Şalum, Şalumdan Mibsam, Mibsamdan Mişma doguldy. 26 Mişmadan Hammuwel, Hammuwelden Zakur, Zakurdan bolsa Şimeý doguldy. 27 Şimeýiň 16 ogly, 6 gyzy bardy. Emma doganlarynyň ogly köp däldi. Olaryň hiç bir tiresi ýahuda taýpasynyň tireleri ýaly köpçülik däldi+. 28 Olar Beýer⁠-⁠şebada+, Moladda+, Hasar⁠-⁠şuwalda+, 29 Bilhada, Esemde+, Tolatda, 30 Betuwelde+, Hormada+, Ziklagda+, 31 Beýt⁠-⁠markabotda, Hasar⁠-⁠susymda+, Beýtbirde we Şaraýymda ýaşadylar. Dawut höküm sürüp başlaýança, şol şäherler olaryňky boldy.

32 Şeýle⁠-⁠de olar Eýtam, Aýn, Rimmon, Token we Aşan+ atly bäş şäherde ýaşadylar. 33 Şol şäherleriň daş⁠-⁠töweregindäki Bagala çenli obalar hem olaryňkydy. Olaryň nesil daragty we ýaşan ýerleri şundan ybaratdy. 34 Şimgonyň neslinden Meşobap, Ýamlek, Amazýanyň ogly Ýoşan, 35 Ýowel; Ýoşybyň ogly, Seraýanyň agtygy, Asyýeliň çowlugy Ýehuw, 36 Alygenaý, Ýakubah, Ýeşohaý, Asaýa, Adyýel, Ýesmiýel, Binaýa; 37 Şiphiniň ogly, Algonyň agtygy, Ýedaýanyň çowlugy, Şimriniň ýuwlugy, Şemaýanyň gowlugy Ziza 38 tirebaşydy. Olaryň tiresindäki maşgalalar juda köpeldi. 39 Olar sürülerine öri meýdan gözläp, Gedoryň girelgesine, jülgäniň gündogaryna çenli bardylar. 40 Ahyrsoňy olar asuda, rahat, giň we otluk meýdanlary tapdylar. Öňler şol ýerlerde Hamyň nesilleri+ ýaşapdy. 41 Ady agzalanlar Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň+ döwründe gelip, çadyrda ýaşan Hamyň nesillerini we megunimlileri derbi⁠-⁠dagyn etdiler. Olaryň ählisini gyryp, ýerlerini eýelediler. Şeýdip, sürülerine öri meýdan edindiler.

42 Şimgonlardan 500 adam Ýişginiň ogullary Pelatýanyň, Neraýanyň, Repaýanyň we Uzyýeliň ýolbaşçylygynda Segir dagyna+ gitdi. 43 Olar amalekleriň+ galanjasyny hem gyrdylar. Olar häzire çenli şol ýerde ýaşaýar.

5 Ruben+ Ysraýylyň nowbahar ogludy. Emma kakasynyň gyrnagy bilen ýatandygy*+ üçin, nowbaharlyk haky Ysraýylyň ogly Ýusubyň ogullaryna berildi+. Şol sebäpli Ruben nesil daragtynda nowbahar ogul hökmünde agzalmaýar. 2 Ýahuda+ hem doganlaryndan üstün bolsa⁠-⁠da, onuň neslinden baştutan gelip çyksa⁠-⁠da+, nowbaharlyk haky Ýusuba berildi. 3 Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň ogullary: Hanoh, Palluw, Hesron we Karmi+. 4 Ýoweliň ogullary: Şemaýa, Şemaýanyň ogly Äjit, Äjidiň ogly Şimeý, 5 Şimeýiň ogly Mikaý, Mikaýyň ogly Reýan, Reýanyň ogly Bagal, 6 Bagalyň ogly Beýerah. Assiriýa patyşasy Tilgatpilneser+ rubenleriň baştutany Beýerahy ýesirlige äkitdi. 7 Nesil daragtynda tiresi we nesli boýunça sanalýan Beýerahyň doganlary: Ýegel baştutan, Zekerýa; 8 Azazyň ogly, Şemanyň agtygy, Ýoweliň çowlugy Beli. Ol Arogerde+, Nebo bilen Bagal⁠-⁠megona+ çenli aralykda, 9 gündogar tarapda, Ýewfrat derýasynyň+ golaýynda ýerleşýän çöle çenli aralykda ýaşady. Gilead topragynda+ olaryň mal⁠-⁠garasy juda köpelipdi. 10 Şawulyň döwründe olar hagarlaryň üstüne çozup, derbi⁠-⁠dagyn etdiler⁠-⁠de, Gileadyň gündogarynda ýerleşýän çadyrlaryny basyp aldylar.

11 Rubeniň nesilleriniň golaýynda, Saleka+ çenli uzalýan Başan ýurdunda Gadyň nesilleri ýaşaýardy. 12 Başanda Ýowel baştutanlyk edýärdi, Şapam bolsa kömekçisidi. Ýanaý bilen Şapat hem baştutandy. 13 Olaryň tiresinden Mikaýyl, Meşullam, Şeba, Ýoraý, Ýakan, Zyýa we Eber atly garyndaşlary bardy. Şol ýedi adam 14 Hurynyň ogly Abyhaýylyň ogullarydy. Hury Ýarowanyň, Ýarowa Gileadyň, Gilead Mikaýylyň, Mikaýyl Ýeşişaýyň, Ýeşişaý Ýahdonyň, Ýahdon Buzuň ogludy. 15 Abdyýeliň ogly, Gunanyň agtygy Ahy olaryň tirebaşysydy. 16 Olar Gileadda+, Başanda+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda ýaşadylar, Şarondaky ähli öri meýdanlary⁠-⁠da eýelediler. 17 Olaryň nesil daragty Ýahuda patyşasy Ýotamyň+ we Ysraýyl patyşasy Ýerobgamyň*+ döwründe ýazyldy.

18 Rubenleriň, gadlaryň, manaşa taýpasynyň ýarysynyň goşunynda galkanly, gylyçly, ok⁠-⁠ýaýly, söweşe ukyply 44 760 esger bardy. 19 Olar hagarlar+, ýeturlar, nepesler+ we nodaplar bilen söweşdiler. 20 Olar söweşde Hudaýdan kömek soradylar. Hudaýa bil baglandyklary üçin+, Hudaý hagarlary we beýleki halklary olaryň eline berdi. 21 Olar duşmanlaryň mal⁠-⁠garasyny talap, 50 000 düýe, 250 000 goýun we 2 000 eşek alyp gaýtdylar, 100 000 adamy bolsa ýesir aldylar. 22 Duşmanlaryň köpüsini gyrdylar. Olar üçin hak Hudaý söweşipdi+. Soňra olar sürgün edilýänçäler+, şol halklaryň ýurdunda ýaşadylar.

23 Manaşa taýpasynyň ýarysy+ Başandan tä Bagal⁠-⁠hermona, Senire we Hermon dagyna+ çenli aralykda ýaşady, olar juda köpelipdi. 24 Olaryň tirebaşylary: Eper, Ýişgi, Alygel, Ezraýyl, Ýermeýa, Hodawýa we Ýahdyýel. Şol tirebaşylar gaýduwsyz we at⁠-⁠abraýly adamlardy. 25 Emma olar ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýyna biwepalyk etdiler. Hudaýyň ýurtdan ýok eden halklarynyň taňrylaryna sežde etdiler*+. 26 Şol sebäpli Ysraýyl Hudaýy rubenleri, gadlary we manaşa taýpasynyň ýarysyny watanyndan sürgün etdi. Hudaý muny Assiriýa patyşasy Puwalyň, ýagny Tilgatpilneseriň+ ýüregine guýdy*+. Patyşa olary Halaha, Habora, Hara we Gozan derýasynyň boýuna sürgün etdi+, olar henizem şol ýerlerde ýaşaýar.

6 Lewiniň+ ogullary: Gerşon, Kohat+ we Merar+. 2 Kohatyň ogullary: Imram, Ýyshar+, Hebron we Uzyýel+. 3 Imramyň+ çagalary*: Harun+, Musa+ we Merýem+. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhuw+, Algazar+ we Ytamar+. 4 Algazar Pinehasyň+ atasydy, Pinehas Abyşuwyň atasydy. 5 Abyşuw Bekkiniň atasydy, Bekki Uzzynyň atasydy. 6 Uzzy Zerahýanyň atasydy, Zerahýa Meraýotyň atasydy. 7 Meraýot Emirýaryň atasydy, Emirýar Ahytubyň+ atasydy. 8 Ahytup Sadygyň+ atasydy, Sadyk Ahymagasyň+ atasydy. 9 Ahymagas Azarýanyň atasydy, Azarýa Ýohananyň atasydy. 10 Ýohanan Azarýanyň atasydy. Ol Süleýmanyň Iýerusalimde guran ybadathanasynda ruhany bolup hyzmat etdi.

11 Azarýa Emirýaryň atasydy, Emirýar Ahytubyň atasydy. 12 Ahytup Sadygyň+ atasydy, Sadyk Şalumyň atasydy. 13 Şalum Hilkiýanyň+ atasydy, Hilkiýa Azarýanyň atasydy. 14 Azarýa Seraýanyň+ atasydy, Seraýa Ýehosadygyň+ atasydy. 15 Ýehowa Ýahuda we Iýerusalim ilatyny Nawuhodonosoryň eline berip, sürgün etdi. Olaryň arasynda Ýehosadyk hem bardy.

16 Lewiniň ogullary: Gerşom*, Kohat we Merar. 17 Gerşomyň Libni we Şimeý+ atly ogullary bardy. 18 Kohatyň ogullary: Imram, Ýyshar, Hebron we Uzyýel+. 19 Meraryň ogullary: Mahly bilen Muşe.

Lewi tirebaşylarynyň nesilleri şulardyr+: 20 Gerşomyň+ nesilleri: Gerşomdan Libni, Libniden Ýahat, Ýahatdan Zimma, 21 Zimmadan Ýowa, Ýowadan Ydon, Ydondan Zera, Zeradan Ýetraý doguldy. 22 Kohatyň nesilleri: Kohatdan Aminadap, Aminadapdan Karun+, Karundan Asyr, 23 Asyrdan Alkana, Alkanadan Abyhasap+, Abyhasapdan Asyr, 24 Asyrdan Tahat, Tahatdan Uryýel, Uryýelden Uzyýa, Uzyýadan Şewul doguldy. 25 Alkananyň ogullary: Emasaý bilen Ahymot. 26 Alkananyň nesilleri bolsa şulardyr: Alkanadan Sapaý, Sapaýdan Nahat, 27 Nahatdan Alyýap, Alyýapdan Ýeroham, Ýerohamdan Alkana+ doguldy. 28 Şamuweliň+ nowbahar oglunyň ady Ýowel, ikinjisiniňki Abyýardy+. 29 Meraryň nesilleri: Merardan Mahly+, Mahlydan Libni, Libniden Şimeý, Şimeýden Uza, 30 Uzadan Şimek, Şimekden Haggaýar, Haggaýardan Asaýa doguldy.

31 Äht sandygy getirilenden soň, Dawut Ýehowanyň mukaddes çadyryndaky aýdymçylara ýolbaşçylyk etjek gözegçileri belledi+. 32 Süleýman Iýerusalimde Ýehowanyň ybadathanasyny gurýança+, olar mukaddes çadyrda, ýagny ýygnak çadyrynda* aýdym aýdylmagyna gözegçilik edýärdi. Her biri öz borjuny ýerine ýetirýärdi+. 33 Ogullary bilen hyzmat edenler şulardy: kohatlardan Heman+ bagşy; Heman Ýoweliň+, Ýowel Şamuweliň, 34 Şamuwel Alkananyň+, Alkana Ýerohamyň, Ýeroham Alygeliň, Alygel Towahyň, 35 Towah Zubuň, Zup Alkananyň, Alkana Mahatyň, Mahat Emasaýyň, 36 Emasaý Alkananyň, Alkana Ýoweliň, Ýowel Azarýanyň, Azarýa Sepanýanyň, 37 Sepanýa Tahatyň, Tahat Asyryň, Asyr Abyhasabyň, Abyhasap Karunyň, 38 Karun Ýysharyň, Ýyshar Kohatyň, Kohat Lewiniň, Lewi Ysraýylyň ogludy.

39 Hemanyň sag tarapynda garyndaşy Asaf+ durýardy. Asaf Bereketýaryň, Bereketýar Şimegiň, 40 Şimek Mikaýylyň, Mikaýyl Baseýanyň, Baseýa Mälikýaryň, 41 Mälikýar Etniniň, Etni Zeranyň, Zera Adaýyň, 42 Adaý Etanyň, Etan Zimmanyň, Zimma Şimeýiň, 43 Şimeý Ýahatyň, Ýahat Gerşomyň, Gerşom Lewiniň ogludy.

44 Olaryň garyndaşlary Meraryň+ neslinden Etan+ Hemanyň çep tarapynda durýardy. Etan Kişhiniň, Kişhi Abdynyň, Abdy Mallugyň, 45 Malluk Hasapýaryň, Hasapýar Amazýanyň, Amazýa Hilkiýanyň, 46 Hilkiýa Hamzanyň, Hamza Banynyň, Bany Şemeriň, 47 Şemer Mahlynyň, Mahly Muşeniň, Muşe Meraryň, Merar Lewiniň ogludy.

48 Beýleki lewilere bolsa hak Hudaýyň mukaddes çadyrynda başga işler tabşyrylypdy+. 49 Harun bilen ogullary+ hak Hudaýyň guly Musanyň tabşyryşy ýaly, iň mukaddes zatlar bilen bagly borçlary ýerine ýetirýärdi. Olar ysraýyllary günäden arassalamak+ üçin gurbanlyk ojagynda*+ we tütetgi ojagynda*+ gurban berýärdi. 50 Harunyň nesilleri şulardyr+: Harundan Algazar+, Algazardan Pinehas, Pinehasdan Abyşuw, 51 Abyşuwdan Bekki, Bekkiden Uzzy, Uzzydan Zerahýa, 52 Zerahýadan Meraýot, Meraýotdan Emirýar, Emirýardan Ahytup+, 53 Ahytupdan Sadyk+, Sadykdan Ahymagas doguldy.

54 Lewileriň düşelge* gurup ýaşan ýerleri şulardyr: ilkinji atylan bije kohat tiresinden Harunyň nesillerine düşüp, 55 olara Ýahuda topragyndaky Hebron+ bilen daş⁠-⁠töweregindäki öri meýdanlar berildi. 56 Şäheriň golaýyndaky ýerleri we obalary bolsa Ýepunnanyň ogly Kalebe+ berdiler. 57 Harunyň nesillerine gaçybatalga şäherleri*+ Hebrony+, şeýle⁠-⁠de öri meýdanly Libnany+, Ýateri+, öri meýdanly Eştemowany+, 58 öri meýdanly Hileni, öri meýdanly Debiri+, 59 öri meýdanly Aşany+, öri meýdanly Beýtşemeşi+ berdiler. 60 Benýamin taýpasynyň mülkünden bolsa öri meýdanly Gebany+, öri meýdanly Alamaty, öri meýdanly Anatoty+ berdiler. Olara jemi 13 şäher berildi+.

61 Galan kohatlara⁠-⁠da bije atdylar. Olara beýleki taýpalaryň we manaşa taýpasynyň ýarysynyň mülkünden on şäher berildi+.

62 Gerşom tiresine ysahar, aşer, naftaly we manaşa taýpasynyň Başandaky mülkünden 13 şäher berildi+.

63 Merar tiresine bije atyp, ruben, gad we zebulun taýpasynyň mülkünden 12 şäher berdiler+.

64 Ysraýyllar şol şäherleri we öri meýdanlary lewilere berdiler+. 65 Olara bije atyp, ýahuda, şimgon we benýamin taýpalarynyň mülkünden hem ady agzalan şäherleri berdiler.

66 Kohatlaryň käbirine efraýym taýpasynyň mülkünden şäherler berildi+. 67 Olara gaçybatalga şäherleri*: Efraýym daglygynda ýerleşýän öri meýdanly Şekemi+, öri meýdanly Gezeri+, 68 öri meýdanly Ýokmegamy, öri meýdanly Beýthorony+, 69 öri meýdanly Aýalony+ we öri meýdanly Get⁠-⁠rimmony+ berdiler. 70 Galan kohatlara bolsa manaşa taýpasynyň ýarysynyň mülkünden öri meýdanly Aneri we öri meýdanly Bileýamy berdiler.

71 Gerşomlara manaşa taýpasynyň ýarysynyň mülkünden Başandaky öri meýdanly Golany+ we öri meýdanly Aştaroty+; 72 ysahar taýpasynyň mülkünden öri meýdanly Kedeşi, öri meýdanly Daberaty+, 73 öri meýdanly Ramoty, öri meýdanly Anemi; 74 aşer taýpasynyň mülkünden öri meýdanly Maşaly, öri meýdanly Abdony+, 75 öri meýdanly Hukogy, öri meýdanly Rehoby+; 76 naftaly taýpasynyň mülkünden bolsa Jeliledäki+ öri meýdanly Kedeşi+, öri meýdanly Hammony we öri meýdanly Kirýataýymy berdiler.

77 Galan merarlara bolsa zebulun taýpasynyň mülkünden+ öri meýdanly Rimmonohy we öri meýdanly Tabory; 78 ruben taýpasynyň Iordan topragynda, Ýerihonyň golaýynda, ýagny Iordan derýasynyň gündogarynda ýerleşýän mülkünden çöldäki öri meýdanly Bezeri, öri meýdanly Ýahazy+, 79 öri meýdanly Kedemoty+, öri meýdanly Mepagaty; 80 gad taýpasynyň mülkünden Gileaddaky öri meýdanly Ramoty, öri meýdanly Mahanaýymy+, 81 öri meýdanly Heşbony+ we öri meýdanly Ýazeri+ berdiler.

7 Ysaharyň Tola, Puwas, Ýaşup we Şimron+ atly dört ogly bardy. 2 Tolanyň ogullary: Uzzy, Repaýa, Ýeriýel, Ýahmaý, Ibsam we Şemuwel. Olaryň hemmesi tirebaşydy. Tolanyň nesilleri edermen adamlardy. Dawudyň döwründe olaryň sany 22 600⁠-⁠e ýetdi. 3 Uzzynyň nesilleri*: Yzrahýa bilen ogullary Mikaýyl, Abdyýar, Ýowel we Ýyşa. Olaryň bäşisi⁠-⁠de tirebaşydy. 4 Olaryň neslinde aýallar we çagalar köpdi. Olaryň tiresiniň goşunynda söweşe ukyply 36 000 esger bardy. 5 Olaryň dogan⁠-⁠garyndaşlary bolan Ysaharyň neslinde 87 000 edermen adam bardy, olaryň ady nesil daragtynda ýazylypdy+.

6 Benýaminiň+ Beli+, Bekir+ we Ýedgaýyl+ atly üç ogly bardy. 7 Beliniň ogullary: Esbon, Uzzy, Uzyýel, Ýerimot we Iri. Olaryň bäşisi⁠-⁠de tirebaşy we edermen adamdy. Olaryň nesil daragtynda 22 034 adam bardy+. 8 Bekiriň ogullary: Zemiran, Ýowaş, Alygezer, Alygenaý, Omra, Ýeremot, Abyýar, Anatot we Alamat. Olaryň hemmesi Bekiriň ogullarydy. 9 Tirebaşylaryň nesil daragtyna görä, olaryň neslinden 20 200 edermen esger bardy. 10 Ýedgaýylyň+ nesilleri: Bilhan bilen ogullary Ýeguş, Benýamin, Ehut, Kenagan, Zetan, Tarşyş we Ahyşahar. 11 Tireleriniň nesil daragtyna görä, Ýedgaýylyň neslinden söweşe ukyply 17 200 edermen adam bardy.

12 Şupim bilen Hupym Ýiriň+ ogludy, Kuşim bolsa Aheriň neslindendi.

13 Naftalynyň ogullary+: Ýahzyýel, Guna, Ýezer we Şalum. Olaryň hemmesi Bilhanyň nesilleridi+.

14 Manaşanyň+ nesilleri: siriýaly gyrnagyndan bolan Asryýel; şol gyrnagyndan Gileadyň atasy Mahyr+ hem doguldy. 15 Mahyr Hupym bilen Şupimi öýlendirdi. Olaryň Magak diýen uýasy bardy. Manaşanyň ikinji oglunyň ady Selophatdy+, emma Selophatyň diňe gyzlary bardy+. 16 Mahyryň aýaly Magak bir ogul dogurdy, adyna Pereş dakdylar. Inisiniň ady Şereşdi. Şereşiň Ulam we Rekem atly ogullary boldy. 17 Ulamyň Bedan diýen ogly bardy. Olar Mahyryň ogly, Manaşanyň agtygy Gileadyň ogullarydy. 18 Gileadyň Hamolehet diýen uýasy bardy. Ol Yşhoty, Abygezeri we Mahlany dogurdy. 19 Şemidanyň ogullary: Ahyýan, Şekem, Likhi we Anygam.

20 Efraýymyň nesilleri+: Efraýymdan Şutelah+, Şutelahdan Beret, Beretden Tahat, Tahatdan Algadaý, Algadaýdan Tahat, 21 Tahatdan Zabat, Zabatdan Şutelah doguldy. Efraýymyň Ezer bilen Elgat atly ogullary hem bardy. Getiň+ ýerli halky Efraýymyň ogullarynyň üstüne çozup, mal⁠-⁠garasyny taladylar we Ezer bilen Elgaty öldürdiler. 22 Efraýym ençeme günläp ogullary üçin ýas tutdy, doganlary hem teselli bermäge geldi. 23 Soňra Efraýym aýalyna ýanaşdy*, ol hem göwreli bolup, ogul dogurdy. Efraýym oglunyň adyna Beriýa* dakdy, sebäbi ol maşgalasynyň başyna betbagtçylyk inen wagty doglupdy. 24 Onuň* gyzynyň ady Şeýerady. Ol aşaky we ýokarky Beýthorony+, Uzen⁠-⁠şeýerany gurupdy. 25 Refan bilen Reşep hem Efraýymyň neslindendi. Reşepden Telah, Telahdan Tahan, 26 Tahandan Ladan, Ladandan Emihut, Emihutdan Alyşam, 27 Alyşamdan Nun, Nundan Ýuşa*+ doguldy.

28 Efraýymyň nesilleriniň ýaşan ýerleri: Beýtel+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalar, gündogar Nagaran, günbatar Gezer we daş⁠-⁠töweregindäki galalar, Şekem we daş⁠-⁠töweregindäki galalar, Aýaha* çenli aralyk we daş⁠-⁠töweregindäki galalar, 29 Manaşanyň nesilleriniň mülküniň gapdalyndaky Beýtşeýan+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalar, Tanah+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalar, Megiddo+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalar, Dor+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalar. Ysraýylyň ogly Ýusubyň nesilleri şol ýerlerde ýaşapdy.

30 Aşeriň ogullary: Imnan, Işwah, Ýişwi we Beriýa+. Olaryň Sera+ diýen uýasy hem bardy. 31 Beriýanyň Heber we Mälikylla diýen ogullary boldy. Mälikylla Birzaýytyň atasydy. 32 Heberiň Ýaflet, Şomer, Hotam atly ogullary we Şuga diýen gyzy bardy. 33 Ýafletiň ogullary: Pesak, Bimhal we Aşwat. Olar Ýafletiň ogullarydy. 34 Şemeriň* ogullary: Ahy, Rohat, Ýehubba we Aram. 35 Dogany Helemiň* ogullary: Sapa, Imna, Şeleş we Amal. 36 Sapanyň ogullary: Suwah, Harneper, Şugal, Beri, Imran, 37 Bezer, Hot, Şamma, Şilşah, Ytran we Beýera. 38 Ýetheriň ogullary: Ýepunna, Pespaý we Ara. 39 Ullanyň ogullary: Arah, Hannyýel we Ryzaý. 40 Olaryň hemmesi Aşeriň nesliniň tirebaşysydy, ökde we edermen serkerdedi, baştutandy. Nesil daragtyna görä+, olaryň goşunynda söweşe ukyply 26 000 esger+ bardy.

8 Benýaminiň+ nowbahar ogly Belidi+, ikinji ogly Aşbel+, üçünjisi Agaýar, 2 dördünjisi Noham, bäşinjisi Rafady. 3 Beliniň ogullary: Adar, Gera+, Abyhut, 4 Abyşuw, Nagyman, Ahowa, 5 Gera, Şepuhan we Hiram. 6 Ehutyň ogullary, Manahata ýesirlige äkidilen Geba+ ilatynyň tirebaşylary şulardyr: 7 Nagyman, Ahyýar we Gera. Gera baştutan bolup, halky ýesirlige äkidipdi. Onuň Uzza we Ahyhut atly ogullary bardy. 8 Sähraýym mowaplary ýurtdan kowansoň, Mowapda onuň birnäçe çagasy boldy, aýallarynyň ady Huşym we Bagarady*. 9 Hodeş diýen aýalyndan Ýobap, Zybyýa, Meşa, Malkam, 10 Ýeguz, Sahaý we Mirmah doguldy. Ogullarynyň ählisi tirebaşydy.

11 Sähraýymyň Huşym atly aýaly Abytup bilen Elpagaly dogurdy. 12 Elpagalyň ogullary: Eber, Mişgam, On+ şäherini we Lot+ şäherini, daş⁠-⁠töweregindäki galalary guran Şemet, 13 Beriýa we Şema. Olar Aýalonyň+ ilatynyň tirebaşylarydy. Olar Getiň ilatyny kowup çykardylar. 14 Ahyý, Şahak, Ýeremot, 15 Zabdyýar, Arat, Eder, 16 Mikaýyl, Yşpah we Ýohan Beriýanyň ogullarydy. 17 Zabdyýar, Meşullam, Hizki, Heber, 18 Eşmeraý, Yzla we Ýobap Elpagalyň ogullarydy. 19 Ýakim, Zikri, Zabdy, 20 Alygena, Siletaý, Alygel, 21 Adaý, Beraýa we Şimrat Şimeýiň ogullarydy. 22 Yşpan, Eber, Alygel, 23 Abdon, Zikri, Hanan, 24 Hananýa, Elam, Antotyýa, 25 Ipdeýa we Penuwel Şahagyň ogullarydy. 26 Şamşeraý, Şeharýa, Atalýa, 27 Ýagareş, Ylýas we Zikri Ýerohamyň ogullarydy. 28 Olaryň hersi öz nesliniň tirebaşysydy we Iýerusalimde ýaşaýardy.

29 Gibgonyň atasy Ýegel Gibgonda+ ýaşaýardy. Aýalynyň ady Magakdy+. 30 Ýegeliň nowbahar ogly Abdondy, soňra Zur, Kiş, Bagal, Nadap, 31 Gedor, Ahyý we Zeker doguldy. 32 Miklotyň Şimegaý diýen ogly boldy. Olar doganlary bilen Iýerusalimde garyndaşlarynyň ýanynda ýaşadylar.

33 Nur+ Kişiň atasydy, Kiş Şawulyň+ atasydy, Şawul Ýonatanyň+, Mälikşuwyň+, Abynadabyň+ we Eşbagalyň*+ atasydy. 34 Ýonatanyň Meribagal*+ atly ogly boldy. Meribagal Mikaýyň+ atasydy. 35 Mikaýyň ogullary: Pithon, Mälik, Tareý we Ahaz. 36 Ahaz Ýehodahyň atasydy, Ýehodah Alamatyň, Azmawetiň we Zimriniň atasydy, Zimri Mozanyň atasydy, 37 Moza Bineýanyň atasydy. Bineýadan Rafan, Rafandan Algasan, Algasandan Asel doguldy. 38 Aseliň alty ogly bardy. Olar: Azrykam, Boher, Ysmaýyl, Şegaraý, Abdyýar we Hanan. Olaryň hemmesi Aseliň ogullarydy. 39 Aseliň dogany Eýşegiň nowbahar ogly Ulamdy, ikinjisi Ýeguş, üçünjisi bolsa Alypeletdi. 40 Ulamyň ogullary ýaý atmaga ussat, batyr esgerlerdi. Olaryň ogullary we agtyklary jemi 150 sanydy. Olaryň hemmesi Benýaminiň nesilleridi.

9 Ähli ysraýyllar nesil daragtyna görä hasaba alnyp, Ysraýyl patyşalarynyň kitabyna ýazyldy. Ýahuda halky biwepalyk edendigi üçin Wawilona ýesirlige äkidildi+. 2 Käbir ysraýyllar, ruhanylar, lewiler we ybadathana gullukçylary*+ ilkinji bolup şäherlerindäki mülküne dolanyp geldi. 3 Ýahudanyň+, Benýaminiň+, Efraýymyň we Manaşanyň nesilleriniň käbiri Iýerusalimde ýaşady. 4 Olar: Ýahudanyň ogly Pereziň+ neslinden Emihutyň ogly, Omranyň agtygy, Imriniň çowlugy, Banynyň ýuwlugy Uthaý; 5 Şelanyň neslinden nowbahar ogul Asaýa bilen ogullary; 6 Zeranyň neslinden+ Ýeguwel bilen 690 dogany.

7 Benýaminiň neslinden Meşullamyň ogly, Hodawýanyň agtygy, Hassanuwyň çowlugy Salluw; 8 Ýerohamyň ogly Ibneýa; Uzzynyň ogly, Mikriniň agtygy Elah; Şepatýanyň ogly, Reguweliň agtygy, Ibniýahyň çowlugy Meşullam. 9 Nesil daragtynda olaryň 956 dogany agzalýar. Olaryň ählisi tirebaşydy.

10 Ruhanylardan Ýedaýa, Ýehoýaryp, Ýahin+; 11 Hilkiýanyň ogly, Meşullamyň agtygy, Sadygyň çowlugy, Meraýotyň ýuwlugy, hak Hudaýyň öýüne* gözegçilik eden Ahytubyň gowlugy Azarýa; 12 Ýerohamyň ogly, Paşhuryň agtygy, Mälikýaryň çowlugy Adaý; Adyýeliň ogly, Ýahzeranyň agtygy, Meşullamyň çowlugy, Meşlemitiň ýuwlugy, Imeriň gowlugy Magasaý 13 we olaryň doganlary tirebaşylar; jemi 1 760 adam. Olar hak Hudaýyň öýündäki işleri ýerine ýetirmäge ukyply, batyr adamlardy.

14 Olaryň arasynda lewilerden Meraryň neslinden Haşubyň ogly, Azrykamyň agtygy, Hasapýaryň çowlugy Şemaýa+; 15 Bakbakar, Hereş, Galal; Mikanyň ogly, Zikriniň agtygy, Asafyň çowlugy Mattanýa; 16 Şemaýanyň ogly, Galalyň agtygy, Ýedutunyň çowlugy Abdyýar; netopalylaryň+ obasynda ýaşan Asanyň ogly, Alkananyň agtygy Bereketýar hem bardy.

17 Derwezebanlardan+ Şalum, Akup, Talmon we Ahyman bardy. Olaryň dogany Şalum baştutandy. 18 Şol wagtlar ol gündogar tarapdaky şa derwezesinde+ durýardy. Olar lewi düşelgeleriniň derwezebanlarydy. 19 Koreniň ogly, Abyhasabyň agtygy, Karunyň çowlugy Şalum we karunlar çadyryň agzynda durýan garawullara gözegçi bellenipdi. Karunlar Şalumyň tiresindendi. Olaryň ata⁠-⁠babalary hem Ýehowanyň mukaddes çadyrynyň* agzynda garawul bolupdy. 20 Öňler olara Algazaryň+ ogly Pinehas+ ýolbaşçylyk edýärdi, Ýehowa⁠-⁠da ony goldaýardy. 21 Meselimýaryň ogly Zekerýa+ hem ýygnak çadyrynyň* agzynda garawuldy.

22 Jemi 212 adam derwezeban edip saýlandy. Olar nesil daragtyna görä+ bölünip, obalarda ýaşadylar. Olaryň ata⁠-⁠babalaryny şol jogapkärçilige Dawut bilen Şamuwel weli*+ belläpdi. 23 Olar ogullary bilen Ýehowanyň mukaddes çadyrynyň derwezelerinde durardy+. 24 Çadyryň dört tarapynda, ýagny gündogarynda, günbatarynda, demirgazygynda we günortasynda durardylar+. 25 Beýleki doganlary hem wagtal⁠-⁠wagtal obalaryndan gelip, ýedi gün olar bilen hyzmat ederdi. 26 Lewilerden başarjaň we ynamdar dört derwezebany hak Hudaýyň öýüniň hazynalaryna, naharhanalaryna* gözegçi edip goýdular+. 27 Olar uzak gije hak Hudaýyň öýüniň daş⁠-⁠töweregini garawullaýardylar. Hudaýyň öýüni goramak we her gün irden gapylary açyp, açara jogap bermek olaryň borjudy.

28 Olaryň käbiri çadyryň gap⁠-⁠gaçlaryna seretmelidi+, her gezek çykaryp salanlarynda sanamalydy. 29 Käbiri bolsa beýleki gap⁠-⁠gaçlara, mukaddes gap⁠-⁠gaçlara+, ýokary hilli una+, şeraba+, ýaga+, ladana*+ we melhem ýagyna+ gözegçilik etmelidi. 30 Ruhanylaryň käbir ogullary hoşboý ysly melhem ýagyny ýasaýardy. 31 Lewileriň karun tiresinden Şalumyň nowbahar ogly Matytýa çöregiň bişirilmegine+ gözegçilik etmelidi. 32 Olaryň garyndaşlary kohatlara bolsa her Sabat güni+ hödür çöregini+ bişirmek tabşyrylypdy.

33 Lewi tirebaşylaryň käbiri aýdym aýtmaga bellenipdi. Olar borjuny gije⁠-⁠gündiz ýerine ýetirmek üçin ybadathananyň otaglarynda* bolýardylar. Olar başga jogapkärçilikden boşadylýardy. 34 Lewileriň nesil daragtynda agzalýan şol tirebaşylar Iýerusalimde ýaşapdy.

35 Gibgonyň atasy Ýegel Gibgonda+ ýaşaýardy. Aýalynyň ady Magakdy. 36 Ýegeliň nowbahar ogly Abdondy, soňra Zur, Kiş, Bagal, Nur, Nadap, 37 Gedor, Ahyý, Zekerýa we Miklot doguldy. 38 Miklotyň Şimem diýen ogly boldy. Olar doganlary bilen Iýerusalimde garyndaşlarynyň ýanynda ýaşadylar. 39 Nur+ Kişiň atasydy, Kiş Şawulyň+ atasydy, Şawul Ýonatanyň+, Mälikşuwyň+, Abynadabyň+ we Eşbagalyň atasydy. 40 Ýonatanyň Meribagal+ atly ogly boldy. Meribagal Mikaýyň+ atasydy. 41 Mikaýyň ogullary: Pithon, Mälik, Tahreý we Ahaz. 42 Ahaz Ýaragyň atasydy, Ýarak Alamatyň, Azmawetiň we Zimriniň atasydy, Zimri Mozanyň atasydy, 43 Moza Bineýanyň atasydy. Bineýadan Repaýa, Repaýadan Algasan, Algasandan Asel doguldy. 44 Aseliň alty ogly bardy. Olar: Azrykam, Boher, Ysmaýyl, Şegaraý, Abdyýar we Hanan. Olar Aseliň ogullarydy.

10 Piliştliler Ysraýyla garşy söweşe çykdy. Ysraýyllar olardan ýeňlip gaçdylar, köpüsi Gilbowa dagynda gyryldy+. 2 Piliştliler Şawul bilen ogullarynyň yzyndan ýetip, ogullary Ýonatany, Abynadaby we Mälikşuwy+ öldürdiler. 3 Şawula garşy hüjüm barha güýçlenýärdi, ýaýçylar ok atyp, ony ýaraladylar+. 4 Ol ýarag göterýän nökerine: «Gylyjyňy çykar⁠-⁠da, meni öldür, ýogsam sünnetsizler meni gynap öldürerler»+ diýdi. Emma nöker gorkudan ýaňa ony öldürip bilmedi. Şonda Şawul gylyjynyň üstüne özüni oklady+. 5 Şawulyň ölenini gören nöker hem gylyjynyň üstüne özüni oklap, gapdalynda jan berdi. 6 Şeýdip, Şawul, üç ogly, tutuş maşgalasy bir günde heläk boldy+. 7 Ysraýyl esgerleriniň gaçandygyny, Şawul bilen ogullarynyň ölendigini eşidip, jülgedäki ysraýyllar şäherlerini taşlap gaçdylar. Piliştliler bolsa gelip, şol şäherleri eýelediler.

8 Ertesi piliştliler wepat bolanlaryň zatlaryny almaga geldiler. Olar Gilbowa dagynda+ Şawul bilen ogullarynyň jesedini tapdylar. 9 Piliştliler Şawulyň kellesini kesip, ähli zadyny we ýaraglaryny aldylar⁠-⁠da, muny taňrylaryna+ we ildeşlerine jar etmek üçin Pilişt ýurduna habar ýolladylar. 10 Şawulyň ýaraglaryny öz taňrylarynyň buthanasynda goýdular, kellesini bolsa Dagon taňrysynyň buthanasynda+ asyp goýdular.

11 Gileadda ýaşaýan ýabeşliler+ piliştlileriň Şawula eden zatlaryny eşitdiler+. 12 Şonda olaryň batyr adamlary aýaga galdy. Olar Şawul bilen ogullarynyň jesedini Ýabeşe getirip, süňklerini bir uly agajyň aşagynda gömdüler+, soňra ýedi günläp agyz beklediler.

13 Şawul Ýehowanyň sözüne gulak asman+, Ýehowa biwepalyk edendigi üçin heläk boldy. Ol jadygöý aýala ýüz tutdy+, 14 Ýehowadan maslahat soramady. Şol sebäpli Hudaý Şawuly ölüme höküm edip, patyşalygy Ýessäniň ogly Dawuda berdi+.

11 Birnäçe wagtdan ysraýyllar Hebrona+, Dawudyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Biz seniň bilen ganybir dogan*+. 2 Üstümizden Şawul höküm sürýärkä⁠-⁠de, Ysraýyly söweşe sen alyp çykardyň+. Ýehowa Hudaý saňa: „Ysraýyl halkyma çopançylyk edersiň, Ysraýyla baştutan bolarsyň“+ diýipdi». 3 Ähli ysraýyl ýaşululary Hebrona, Dawudyň ýanyna gelipdi. Dawut olar bilen Hebronda, Ýehowanyň huzurynda äht baglaşdy. Soňra olar Ýehowanyň Şamuwel arkaly aýdyşy ýaly+, Dawudy Ysraýyla patyşa bellediler+.

4 Dawut tutuş Ysraýyl halky bilen Iýerusalime, ýagny ýabuslaryň+ Ýabus şäherine+ garşy söweşe çykdy. 5 Ýabusyň ilaty: «Şäheri hiç wagtam basyp alyp bilmersiň!»+ diýip, Dawudyň üstünden güldüler. Emma Dawut Sion+ galasyny basyp aldy. Häzir oňa Dawudyň şäheri+ diýilýär. 6 Şonda Dawut: «Ýabuslara kim ilki hüjüm etse, ol baştutan we serkerde bolar» diýipdi. Seruýanyň ogly Ýowap+ ilkinji bolup hüjüme geçdi. Şeýdip, ol baştutan boldy. 7 Dawut Sion galasynda ýaşap başlady, şonuň üçin oňa Dawudyň şäheri diýilýär. 8 Dawut Millondan* şäher merkezine çenli diwarlary we binalary gurduryp başlady, şäheriň galan ýerini bolsa Ýowap dikeltdi. 9 Dawut barha güýçlenýärdi+, Serkerdebaşy Ýehowa ony goldaýardy.

10 Dawudyň batyr esgerleriniň baştutanlary ysraýyl halky bilen birlikde Dawudyň patyşalygyny goldadylar. Olar Ýehowanyň Ysraýyla wada berişi ýaly, Dawudy patyşa bellediler+. 11 Dawudyň gaýduwsyz esgerleri şulardyr: hakmonlardan Ýaşobam+ üç batyr ýigidiň başydy+. Bir gezek Ýaşobam naýzasy bilen 300 esgeri öldürdi+. 12 Üç batyr ýigidiň ikinjisi ahohlardan+ Dodonyň ogly Algazardy+. Ol üç gaýduwsyz esgeriň biridi. 13 Piliştliler ysraýyllar bilen söweşmek üçin Pas⁠-⁠damime+ ýygnananda, Algazar hem Dawudyň ýanyndady. Şol ýerde arpa ekilen meýdan bardy. Ysraýyl esgerleri duşmanlardan gaçyp başladylar. 14 Emma Algazar ekini piliştlilere bermejek bolup, ekiniň ortasynda durdy⁠-⁠da, piliştlileri gyrdy. Şonda Ýehowa halkyna uly ýeňiş berdi+.

15 Otuz serkerdäniň üçüsi Dawudyň ýanyna, Adullam gowagyna bardy+. Şol wagt piliştliler Refaýim jülgesinde düşelge gurupdy+. 16 Dawut gowakda bolup ýördi, Beýtullahamda bolsa piliştlileriň goşun bölümi bardy. 17 Bir gün Dawut: «Wah, Beýtullahamyň+ guýusyndan suw içäýsem!» diýdi. 18 Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesinden geçip, Beýtullaham derwezesiniň ýanyndaky guýudan Dawuda suw getirip berdiler. Emma Dawut suwy içmän, Ýehowanyň öňünde ýere dökdi. 19 Ol: «Men muny içip bilmerin! Içsem, Hudaýym asla halamaz! Janyndan geçip* giden adamlaryň ganyny içeýinmi?+ Olar janlaryny howp astyna saldy ahyryn» diýip, suwy içmedi. Dawudyň üç batyr ýigidi şeýle edermenlik görkezipdi.

20 Ýowabyň dogany Abyşaý+ başga üç gaýduwsyz ýigidiň başydy. Bir gezek ol naýzasy bilen 300 esgeri öldürdi. Abyşaýyň üç batyr ýigidiňki ýaly abraýy bardy+. 21 Üç batyr ýigidiň biri Abyşaý beýleki ikisinden has meşhur bolup, olara baştutanlyk etse⁠-⁠de, başdaky üç batyr ýigidiň derejesine ýetip bilmändi.

22 Ýehoýadanyň ogly Binaýa+ batyr adamdy. Ol Kabzeýelde+ köp edermenlik görkezdi we mowaplardan Arygeliň iki ogluny öldürdi. Gar ýagan güni suwly çukura girip, ýolbarsy öldürdi+. 23 Ol boýy bäş tirsek*+ äpet müsürlini hem öldürdi. Müsürliniň elinde dokma agajy ýaly naýzasy bardy+, Binaýa bolsa taýakly çykdy. Ol müsürliniň naýzasyny elinden gaňryp alyp, ony şol naýza bilen öldürdi+. 24 Ýehoýadanyň ogly Binaýa şeýle edermenlikleri görkezipdi, abraýy başdaky üç batyr ýigidiňkiden kem däldi. 25 Ol otuz ýigitden saýlanyp dursa⁠-⁠da, beýleki üç batyr ýigidiň derejesine ýetip bilmändi+. Emma Dawut şonda⁠-⁠da Binaýany garawullaryň baştutany edip belledi.

26 Goşundaky batyr esgerler şulardyr: Ýowabyň dogany Asahel+, beýtullahamly Dodonyň ogly Alhanan+, 27 harorly Şamot, pelonly Heles, 28 tekoýaly Ikeşiň ogly Yrak+, anatotly Abygezer+, 29 huşaly Sibekaý+, ahohlardan Ylaý, 30 netopaly Mahraý+, netopaly Baganaýyň ogly Helet+, 31 benýaminleriň+ Gibeýa galasyndan Ribaýyň ogly Ythaý, piratonly Binaýa, 32 Gagaş+ jülgesinden Huraý, arbaly Abyýel, 33 bahurimli Azmawet, şegalbimli Alyýahba, 34 gizonly Haşemiň ogullary, hararly Şageniň ogly Ýonatan, 35 hararly Sakaryň ogly Ahyýam, Uruň ogly Alypal, 36  mekeratly Heper, pelonly Ahyýar, 37 karmelli Hezra, Ezbaýyň ogly Naraý, 38 Natanyň dogany Ýowel, Hagranyň ogly Mibhar, 39 ammonlardan Zelek, beýrotly Naharaý, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýarag göterýän nökeri, 40 itralardan Yrak bilen Garep, 41 hetlerden Uryýa+, Ahlaýyň ogly Zabat, 42 rubenlerden Şizanyň ogly Adynaý baştutan we ýanynda 30 adam, 43 Magagyň ogly Hanan, mitnilerden Ýoşapat, 44 aştarotly Uzyý, arogerli Hotamyň ogullary Şama bilen Ýegel, 45 Şimriniň ogly Ýedgaýyl, dogany titseli Ýohan, 46  mahawaly Alygel, Elnagamyň ogullary Ýeribaý bilen Ýoşawýa, mowaplardan Ytmah, 47 Alygel, Abyt we mesobaly Ýagaşel.

12 Dawut Kişiň ogly Şawuldan+ gaçyp, Ziklagda+ bolup ýörkä, ony öňler söweşde goldan batyr ýigitler+ ýanyna geldiler. 2 Olar sag elinde⁠-⁠de, çep elinde⁠-⁠de+ sapan* we ýaý atyp+ bilýän ok⁠-⁠ýaýly esgerlerdi. Olar benýamin+ taýpasyndan Şawulyň garyndaşlarydy. 3 Şol batyr ýigitler: gibeýaly+ Şemahyň ogullary Ahygezer baştutan bilen Ýowaş, Azmawetiň+ ogullary Ýeziýel bilen Pelet, Bereket, anatotly Ýehuw, 4 otuz batyr esgeriň+ biri we olaryň baştutany gibgonly+ Yşmaý, şeýle⁠-⁠de Ýermeýa, Ýahazyýel, Ýohanan, gedarly Ýozabat, 5 Elusaý, Ýerimot, Begalýa, Şemarýa, haryplardan Şepatýa, 6 karunlardan+ Alkana, Ýyşa, Azarel, Ýohzer we Ýaşobam, 7 gedorly Ýerohamyň ogullary Ýohalap bilen Zabdyýar.

8 Dawut çola ýerde+ bir gowakda bolup ýörkä, gadlaryň hem käbiri Dawudyň tarapyna geçdi. Olar söweşe ukyply, uly galkanly we naýzaly, arslan ýüzli, dag keýigi kimin çalasyn batyr esgerlerdi. 9 Olaryň arasynda Ezer baştutandy, ikinjisi Abdyýar, üçünjisi Alyýap, 10 dördünjisi Mişmanna, bäşinjisi Ýermeýa, 11 altynjysy Attaý, ýedinjisi Alygel, 12 sekizinjisi Ýohanan, dokuzynjysy Elzabat, 13 onunjysy Ýermeýa, on birinjisi Magbanaýdy. 14 Şol serkerdeler gadlardandy+. Olaryň iň ejizi 100 adama, iň güýçlüsi 1 000 adama gaýtawul berip bilýärdi+. 15 Olar birinji aýda, Iordanyň joşýan wagty derýadan geçip, jülgede ýaşaýan adamlary gündogara we günbatara kowdular.

16 Benýamin we ýahuda taýpalaryndan hem käbir adamlar Dawudyň ýanyna gowaga geldiler+. 17 Dawut olary garşylap: «Ýagşy niýet bilen kömege gelen bolsaňyz, ýüregimiň töründe ornuňyz bar. Emma hiç hili erbetlik etmesem⁠-⁠de, meni duşmanlaryň eline berjek bolsaňyz, goý, ata⁠-⁠babalarymyzyň Hudaýy muny görüp, size höküm çykarsyn»+ diýdi. 18 Şonda otuz esgeriň baştutany Emasaýyň üstüne Hudaýyň ruhy inip+:

«Dawut, biz seniň tarapyňda,

Ýessäniň ogly, biz seniň bilen!+

Başyň dik bolsun,

Saňa kömek edýänleriň hem başy dik bolsun!

Hudaý seni goldaýar»+

diýdi. Şeýlelikde, Dawut olary kabul edip, serkerdeleriniň arasyna goşdy.

19 Dawut piliştlilere goşulyp, Şawula garşy söweşmäge baranda, manaşalaryň hem käbiri Dawudyň tarapyna geçdi. Emma Dawut piliştlilere kömek edip bilmedi, sebäbi piliştli han⁠-⁠begler+: «Dawut hojaýyny Şawulyň tarapyna geçip, biziň kellämizi kesmekden hem gaýtmaz» diýip, yzyna ugratdylar+. 20 Dawut Ziklaga+ gidende, manaşa taýpasyndan onuň tarapyna geçenler: Adnah, Ýozabat, Ýedgaýyl, Mikaýyl, Ýozabat, Alyhuw we Siletaý; olar manaşa taýpasynyň müňbaşylarydy+. 21 Ählisi gaýduwsyz, batyr adamlardy+, olar Dawuda talaňçylara gaýtawul bermäge kömek etdiler. Soňra olar goşun serkerdeleri boldular. 22 Dawuda kömek etmäge gelýänler+ gün⁠-⁠günden artyp, Hudaýyň goşuny kimin ägirt uly goşun boldy+.

23 Ýehowanyň buýrugy bilen, patyşalygy Şawulyň elinden alyp+, Dawuda bermek üçin Hebrona+ gelen söweşe ukyply esgerler şulardyr: 24 ýahudalardan uly galkanly, naýzaly, söweşe ukyply 6 800 esger; 25 şimgonlardan batyr we gaýduwsyz, söweşe ukyply 7 100 esger.

26 Lewilerden 4 600 esger; 27 Harunyň ogullarynyň+ ýolbaşçysy Ýehoýada+ bilen 3 700 esger; 28 gaýduwsyz we batyr ýigit Sadyk+ bilen onuň tiresinden 22 serkerde.

29 Şawulyň garyndaşlary benýaminlerden+ 3 000 esger; öňler olaryň köpüsi Şawulyň öýüni goraýardylar. 30 Efraýym tirelerinden at⁠-⁠abraýly, gaýduwsyz we batyr 20 800 esger.

31 Manaşa taýpasynyň ýarysyndan Dawudy patyşa bellemek üçin çagyrylan 18 000 esger; 32 ysaharlardan 200 baştutan bilen dogan⁠-⁠garyndaşlary. Şol baştutanlar haýsy ýagdaýda näme etmelidigini bilýän düşünjeli adamlardy. 33 Zebulunlardan söweşe ukyply, her dürli ýaragy ulanyp bilýän 50 000 esger. Olar bütin ýüregi bilen Dawudy goldadylar. 34 Naftalylardan 1 000 serkerde we uly galkanly, naýzaly 37 000 esger; 35 danlardan söweşe ukyply 28 600 esger; 36 aşerlerden söweşe ukyply 40 000 esger.

37 Iordanyň aňyrsyndaky+ rubenlerden, gadlardan we manaşa taýpasynyň ýarysyndan bolsa her dürli söweş ýaragly 120 000 esger bardy. 38 Ählisi söweşe ukyply, edermen esgerlerdi. Olar Dawudy Ysraýyla patyşa bellemek üçin Hebrona gelipdiler. Olar çyn ýürekden Dawudyň patyşa bolmagyny isleýärdiler, beýleki ysraýyllar hem muny biragyzdan makullapdy+. 39 Olar üç günläp Dawudyň ýanynda boldular. Dogan⁠-⁠garyndaşlary olara hezzet⁠-⁠hormat etdiler. 40 Golaýda ýaşaýan ysahar, zebulun we naftaly taýpalary hem eşeklere, düýelere, gatyrlara we öküzlere ýükläp, un*, kak edilen injirli we kişmişli külçe, şerap, ýag, birgiden öküz we goýun getirdiler, sebäbi Ysraýylda uly şatlyk⁠-⁠şagalaň bolýardy.

13 Dawut müňbaşylar, ýüzbaşylar we ýolbaşçylar+ bilen maslahatlaşdy. 2 Soňra ol ysraýyl halkyna: «Garşy bolmasaňyz, Ýehowa Hudaýymyz hem oňlasa, Ysraýylyň ähli welaýatyna we şäherine* habar ýollap, ruhanylary, lewileri+ we tutuş halky çagyralyň. 3 Ählimiz üýşüp, Hudaýymyzyň äht sandygyny alyp gaýdalyň»+ diýdi. Şawulyň döwründe äht sandygyna sowuk⁠-⁠sala seredipdiler+. 4 Bütin halk Dawudy goldap, aýdanlaryny makullady. 5 Dawut hak Hudaýyň äht sandygyny Kirýat⁠-⁠ýegarimden alyp gaýtmak üçin, Müsür derýasyndan* tä Lebo⁠-⁠hamata*+ çenli ähli ysraýyllary ýygnady+.

6 Keruplaryň üstünde* tagtda oturan Ýehowanyň äht sandygynyň+ öňünde adamlar Hudaýyň adyny çagyrardylar. Dawut bilen ysraýyl halky hak Hudaýyň äht sandygyny getirmek üçin, Bagalaha+, ýagny Ýahudanyň Kirýat⁠-⁠ýegarim şäherine gitdiler. 7 Olar hak Hudaýyň äht sandygyny täze araba ýükläp+, Abynadabyň öýünden alyp gaýtdylar. Uza bilen Ahyý arabanyň öňünden gelýärdi+. 8 Dawut bilen tutuş ysraýyl halky bolsa hak Hudaýyň huzurynda joşup aýdym aýdyp, arfada, kirişli saz gurallarda, deprekde+, bürünç çanda*+ we surnaýda+ saz çalyp, şatlyk⁠-⁠şagalaň edip gelýärdiler. 9 Emma Kidon harmanyna ýetenlerinde, öküzler arabany tas agdarypdy. Uza elini uzadyp, äht sandygyny saklady. 10 Ýehowanyň Uza gahary gelip, oňa jeza berdi, sebäbi ol äht sandygyna el degripdi+. Şeýdip, Uza Hudaýyň huzurynda jan berdi+. 11 Ýehowanyň Uza gaharlanandygyny görüp, Dawut gynandy*. Şol ýere henizem Perez⁠-⁠uza* diýilýär.

12 Şol gün Dawut hak Hudaýdan gorkup: «Hak Hudaýyň äht sandygyny indi nädip şäherime äkideýin?» diýdi+. 13 Ol äht sandygyny ýaşaýan ýerine, ýagny Dawudyň şäherine äkitmän, getli Abytedomyň öýüne iberdi. 14 Hak Hudaýyň äht sandygy Abytedomyň öýünde üç aý durdy. Ýehowa bolsa Abytedomyň öý⁠-⁠içerisiniň berekedini artdyryp, mal⁠-⁠mülküni köpeldýärdi+.

14 Tir patyşasy Huram+ Dawudyň ýanyna wekillerini ýollap, Dawuda köşk salmak üçin kedr agaçlaryny, daş ýonujylary we agaç ussalary iberdi+. 2 Dawut Ýehowanyň öz halkynyň hatyrasyna Ysraýylyň üstünden patyşalygyny berkidendigine+ we beýgeldendigine göz ýetirdi+.

3 Dawut Iýerusalimde birnäçe aýal aldy+, ençeme ogul⁠-⁠gyzy boldy+. 4 Dawudyň Iýerusalimde doglan çagalary şulardyr+: Şamuw, Şobap, Natan+, Süleýman+, 5 Ybhar, Alyşuw, Alpelet, 6 Nogan, Nepek, Ýapa, 7 Alyşam, Bilýada we Alypelet.

8 Dawudyň Ysraýyla patyşa bolanyny+ eşidip, piliştliler ony öldürjek boldular+. Dawut muny bilip, olara gaýtawul bermäge çykdy. 9 Piliştliler gelip, Refaýim jülgesinde+ ýaşaýanlaryň üstüne çozdular. 10 Dawut Hudaýdan: «Piliştliler bilen söweşmäge gideýinmi? Olary elime berermiň?» diýip sorady. Ýehowa: «Hawa, git, olary hökman eliňe bererin» diýdi+. 11 Şonda Dawut Bagal⁠-⁠perazime+ çozup, piliştlileri derbi⁠-⁠dagyn etdi. Dawut: «Suwuň bendi böwsüp geçişi ýaly, hak Hudaý duşmanlarymy elime berip, derbi⁠-⁠dagyn etdi» diýdi. Şol ýere Bagal⁠-⁠perazim* diýip at goýdular. 12 Piliştliler butlaryny şol ýerde taşlap gidipdiler. Dawudyň buýrugy bilen, olaryň ählisini ýakdylar+.

13 Biraz wagtdan piliştliler ýene⁠-⁠de gelip, jülgede ýaşaýanlaryň üstüne çozdular+. 14 Dawut ýene Hudaýa ýüz tutdy, emma hak Hudaý: «Piliştlileriň öňünden däl⁠-⁠de, arka tarapyndan aýlanyp, agaçlaryň* öňünden hüjüm et+. 15 Agaçlaryň üstünden aýak sesine meňzeş şygyrdy eşideniňde, hüjüme geç. Hak Hudaý Pilişt goşunyny derbi⁠-⁠dagyn etmek üçin öňüňden ýörär»+ diýdi. 16 Dawut ähli zady hak Hudaýyň tabşyryşy ýaly etdi+. Olar piliştlileri Gibgondan Gezere+ çenli gyrdylar. 17 Dawudyň at⁠-⁠owazasy bütin dünýä ýaýrady. Ýehowa başga halklary Dawutdan gorkar ýaly etdi+.

15 Dawut şäherde* özüne birnäçe jaý saldy. Ol hak Hudaýyň äht sandygyny goýmak üçin çadyr hem gurdy+. 2 Dawut: «Hak Hudaýyň äht sandygyny diňe lewiler götermelidir. Ýehowa lewileri Ýehowanyň äht sandygyny götermäge we hemişe huzurynda hyzmat etmäge saýlady»+ diýdi. 3 Soňra ol Ýehowanyň äht sandygyny öz guran çadyryna getirmek üçin ähli ysraýyllary Iýerusalime ýygnady+.

4 Dawut Harunyň nesillerini+ we lewileri+ çagyrdy. 5 Kohatlardan Uryýel baştutan bilen 120 dogany; 6  merarlardan Asaýa+ baştutan bilen 220 dogany; 7 gerşomlardan Ýowel+ baştutan bilen 130 dogany; 8 Alsapanyň+ neslinden Şemaýa baştutan bilen 200 dogany; 9 Hebronyň neslinden Alygel baştutan bilen 80 dogany; 10 Uzyýeliň+ neslinden Aminadap baştutan bilen 112 dogany geldi. 11 Soňra Dawut Sadyk+ bilen Abyýatar+ ruhanyny, lewilerden Uryýeli, Asaýany, Ýoweli, Şemaýany, Alygeli we Aminadaby çagyryp, 12 olara: «Siz lewileriň tirebaşylary, doganlaryňyz bilen özüňizi tämizläň⁠-⁠de, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň äht sandygyny meniň guran çadyryma getiriň. 13 Geçen gezek äht sandygyny siz götermediňiz+. Ýehowa Hudaýymyzyň hem gahary geldi+, sebäbi biz Hudaýdan maslahat soramandyk»+ diýdi. 14 Şeýlelikde, ruhanylar we lewiler Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň äht sandygyny alyp gaýtmak üçin özlerini tämizlediler.

15 Lewiler Ýehowanyň Musa arkaly tabşyryşy ýaly, hak Hudaýyň äht sandygyny taýaklaryndan+ tutup, eginlerinde göterip alyp gaýtdylar. 16 Dawut lewileriň baştutanlaryna doganlarynyň arasyndan kirişli saz gurallarda, arfada+ we bürünç çanda*+ saz çalyp, joşup aýdym aýdar ýaly adamlary bellemegi tabşyrdy.

17 Şonda lewiler Ýoweliň ogly Hemany+ we onuň doganlaryndan Bereketýaryň ogly Asafy+, garyndaşlary merarlardan Kuşaýanyň ogly Etany+ bellediler. 18 Ikinji toparda+ olaryň doganlaryndan Zekerýa, Ben, Ýagazyýel, Şemramot, Ýehiýel, Unna, Alyýap, Binaýa, Maseýa, Matytýa, Alypelek, Mikneýa we Abytedom bilen Ýegel atly derwezebanlar bardy. 19 Aýdymçylar Heman+, Asaf+ we Etan bürünç çanlary çalýardy+. 20 Zekerýa, Azyýel, Şemramot, Ýehiýel, Unna, Alyýap, Maseýa we Binaýa kirişli saz gurallary ýokary heňde*+ çalýardy. 21 Matytýa+, Alypelek, Mikneýa, Abytedom, Ýegel we Azazýa arfany pes heňde*+ çalyp, sazandalara ýolbaşçylyk edýärdi. 22 Lewileriň baştutany Kenanýa+ äht sandygyny göterýänlere gözegçilik edýärdi, ol muňa ökdedi. 23 Bereketýar bilen Alkana äht sandygyny goraýardy. 24 Ruhanylardan Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Emasaý, Zekerýa, Binaýa we Alygezer hak Hudaýyň äht sandygynyň öňünde surnaýy batly çalýardy+. Abytedom bilen Ýehiýas hem äht sandygyny goraýardy.

25 Dawut, ysraýyl ýaşululary we müňbaşylar şatlyk⁠-⁠şagalaň+ bilen Ýehowanyň äht sandygyny getirmek üçin Abytedomyň+ öýüne gitdiler. 26 Hak Hudaý hem Ýehowanyň äht sandygyny göterýän lewileri goldady. Şonda olar ýedi öküzçe we ýedi goç gurbanlyk berdiler+. 27 Dawut, äht sandygyny göterýän lewiler, aýdymçylar, äht sandygyny göterýänlere gözegçilik edýän we aýdymçylaryň baştutany Kenanýa hem nepis matadan don* geýipdi. Dawudyň egninde zygyr* matadan öňlük* hem bardy+. 28 Ysraýyllar Ýehowanyň äht sandygyny şatlyk⁠-⁠şowhun bilen+, her dürli surnaýda*+, bürünç çanda, kirişli saz gurallarda, arfada saz çalyp alyp gaýtdylar+.

29 Ýehowanyň äht sandygy Dawudyň şäherine+ getirilende, Şawulyň gyzy Mihal+ penjireden seredip durdy. Ol Dawudyň şatlykdan ýaňa böküp tans edýänini görüp, oňa göwnüýetmezçilik etdi*+.

16 Hak Hudaýyň äht sandygyny Dawudyň gurduran çadyrynda goýdular+. Soňra hak Hudaýyň huzurynda ýakma we parahatlyk gurbanlyklary hödürlediler+. 2 Dawut ýakma we parahatlyk gurbanlyklary+ berensoň, Ýehowanyň adyndan halka ak pata berdi. 3 Dawut ysraýyllara, aýal⁠-⁠erkek diýmän, hemme adama çörek, hurmaly* we kişmişli külçe paýlady. 4 Ol käbir lewileri Ysraýyl Hudaýy Ýehowa öwgi*, alkyş aýdyp şöhratlandyrmaga we Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde hyzmat etmäge belledi+. 5 Asaf+ aýdymçylaryň baştutanydy, Zekerýa bolsa kömekçisidi. Ýegel+, Şemramot, Ýehiýel, Matytýa, Alyýap, Binaýa, Abytedom we Ýegel kirişli saz gurallarda, arfada+, Asaf bolsa bürünç çanda*+ saz çalardy. 6 Ruhanylardan Binaýa bilen Ýahazyýel hem hak Hudaýyň äht sandygynyň öňünde dynman surnaý çalardy.

7 Şol gün Dawut Ýehowa ilkinji şükür aýdymyny düzüp, Asaf+ bilen doganlaryna aýtdyrdy. Aýdymyň sözleri:

8 «Ýehowa alkyş aýdyň+, adyny çagyryň,

Gudratly işlerini milletlere jar ediň!+

9 Şanyna aýdym aýdyň, wasp ediň+,

Täsin işleri hakda çuňňur oýlanyň*+.

10 Hudaýyň mukaddes adyna buýsanyň+,

Ýehowany gözleýänleriň ýüregi joşsun!+

11 Ýehowany agtaryp+, güýç soraň.

Hemişe didaryny küýsäň+.

12 Gudratyny, ajaýyp işlerini unutmaň+,

Aýdan hökümlerini ýatdan çykarmaň.

13 Siz Hudaýyň guly Ysraýylyň nesli+,

Ýakubyň ogullary, Allanyň saýlany+.

14 Ýehowa biziň Hudaýymyz+,

Ýer ýüzüne adalatly höküm çykarýar+.

15 Ähtini hiç haçan unutmaň,

Müň nesil ötse⁠-⁠de, wadasyny unutmaň+.

16 Ybraýym bilen äht baglaşypdy+,

Yshaga ant içipdi+,

17 Ýakup üçin perman çykardy+,

Ysraýyl üçin ebedilik äht etdi.

18 Hudaý: „Kengan ýurduny saňa bererin+,

Mülk edip paýlaryn“ diýdi+.

19 Siziň sanyňyz azdy, örän azdy,

Ýurtda gelmişek bolup ýaşardyňyz+.

20 Halkdan⁠-⁠halka,

Ýurtdan⁠-⁠ýurda göçüp⁠-⁠gonup ýaşardylar+.

21 Olara hiç kim azar bermedi+,

Hudaý patyşalara käýäp+:

22 „Saýlanlaryma degmäň,

Pygamberlerime ýamanlyk etmäň“+ diýdi.

23 Ýehowanyň şanyna aýdym aýt, bütin ýer ýüzi!

Her gün Hudaýyň halas edişi hakda wagyz ediň+.

24 Milletlere şan⁠-⁠şöhratyny ýetiriň,

Halklara täsin işlerini buşlaň.

25 Ýehowa beýikdir, öwgä mynasypdyr.

Başga taňrylardan has haýbatlydyr+.

26 Milletleriň taňrylary dereksiz butlardyr+,

Ýehowa gökleri ýaradan Hudaýdyr+.

27 Daşyny gurşaýar hormat, şan⁠-⁠şöhrat+,

Mekanynda bar şatlyk, güýç⁠-⁠kuwwat+.

28 Eý tire⁠-⁠taýpalar, Ýehowa alkyş aýdyň!

Güýçli hem şan⁠-⁠şöhratly Ýehowa alkyş aýdyň!+

29 Ýehowanyň şöhratly adyny arşa galdyryň+;

Huzuryna sowgatly geliň+.

Mukaddes lybas geýip*, Ýehowa tagzym ediň+.

30 Öňünde bütin ýer ýüzi titresin.

Ýeriň düýbüni tutdy, ol indi asla sarsmaz+.

31 Goý, asman begensin, zemin şatlansyn+;

Milletlere jar çekiň: „Ýehowa Patyşa boldy!“+

32 Deňiz we içindäkiler el çarpsyn.

Çöl⁠-⁠beýewan we içindäkiler heýjana gelsin.

33 Tokaýyň agaçlary Ýehowanyň öňünde şatlykdan gygyrsyn.

Sebäbi Hudaý ýer ýüzüni höküm etmäge gelýär*.

34 Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr+;

Wepaly söýgüsi* ebedidir+.

35 Şeýle dileg ediň: „Halasgär Hudaýymyz, bizi halas et+,

Halklaryň arasyndan ýygnap, azat et.

Şonda mukaddes adyňa alkyş aýdarys+,

Şatlyk bilen seni şöhratlandyrarys+.

36 Ýehowa şöhrat bolsun!

Ysraýyl Hudaýyna ebedi alkyş aýdylsyn!“»

Şonda bütin halk: «Omyn!*» diýip, Ýehowany şöhratlandyrdy.

37 Dawut Asaf+ bilen doganlaryna äht sandygynyň öňünde hyzmat etmegi tabşyrdy+. Olar her gün+ Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde borçlaryny ýerine ýetirmelidi. 38 Abytedom bilen doganlary, jemi 68 adam derwezeban edip goýuldy. Ýedutunyň ogly Abytedom bilen Hosaý hem derwezebandy. 39 Sadyk+ ruhany bilen beýleki ruhanylar Gibgondaky seždegähde*+, Ýehowanyň çadyrynyň öňünde hyzmat ederdi. 40 Olar ertirine⁠-⁠agşamyna gurbanlyk ojagynda* Ýehowa ýakma gurbanlyklary hödürläp, Ýehowanyň ysraýyllara beren Kanunyndaky ähli tabşyryklary ýerine ýetirmelidi+. 41 «Wepaly söýgüsi ebedi» Ýehowa alkyş aýtmaga+ saýlanan Heman, Ýedutun+ we başga⁠-⁠da birnäçe adam olaryň ýanynda hyzmat edýärdi+. 42 Heman+ bilen Ýedutun surnaýda, bürünç çanda we başga⁠-⁠da gurallarda saz çalyp, hak Hudaýy şöhratlandyrýardy. Ýedutunyň ogullary+ derwezede durýardy. 43 Soňra tutuş halk öýli⁠-⁠öýüne gaýtdy. Dawut hem maşgalasyna ak pata bermek üçin öýüne gitdi.

17 Dawut köşkde ýaşap başlady. Şonda ol Natan+ pygambere: «Men⁠-⁠ä kedr agajyndan salnan köşkde ýaşaýaryn+, Ýehowanyň äht sandygy bolsa matadan ýasalan çadyrda dur»+ diýdi. 2 Natan pygamber: «Göwnüň näme islese ediber, hak Hudaý seniň bilendir» diýip jogap berdi.

3 Şol gije Hudaý Natan pygambere şeýle diýdi: 4 «Git⁠-⁠de, şu sözlerimi gulum Dawuda ýetir: „Ýehowa şeýle diýýär: „Meniň ýaşajak öýümi sen gurmarsyň+. 5 Ysraýyl halkyny Müsürden çykaranymdan bäri, öýde däl⁠-⁠de, çadyrda göçüp⁠-⁠gonup ýaşadym+. 6 Ysraýyllaryň arasyndakam, halkyma çopançylyk edýän serdarlara şu çaka çenli: „Maňa näme üçin kedr agajyndan öý gurmadyňyz?“ diýdimmi?“

7 Gulum Dawuda aýt: „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni goýun bakyp ýören ýeriňden, öri meýdanlardan alyp gaýdyp, ysraýyl halkyma baştutan etdim+. 8 Nirä gitseňem, seniň ýanyňda bolup+, duşmanlaryňy ýoluňdan aýraryn+. Adyňy dünýäniň beýik adamlarynyňky deý arşa galdyraryn+. 9 Ysraýyl halkymy bolsa saýlan ýurdumda parahat ýaşadaryn. Indi zalymlar olara azar bermez+. 10 Hatda serdarlary bellänimden+ soň hem, duşmanlar halkymy ezdiler. Ýöne men ähli duşmanlaryňy saňa boýun egdirerin+. Saňa söz berýärin: „Ýehowa nesliňi şa tagtynda oturdar*“.

11 Ömür tanapyň kesilip, aradan çykanyňda, perzendiňi*, ogullaryňdan birini patyşa edip+, hökümdarlygyny berkiderin+. 12 Ol maňa öý gurup+, meni şöhratlandyrar. Onuň tagty sarsmaz+. 13 Men onuň atasy, ol hem meniň oglum bolar+. Men senden öňki patyşany wepaly söýgimden* mahrum edipdim+. Emma seniň ogluňdan wepaly söýgimi aýyrmaryn+. 14 Men ony hemişe öz tagtymda oturdaryn+, hökümdarlygy we tagty baky durar“»+.

15 Natan şol sözleri we gören görnüşini* Dawuda gürrüň berdi.

16 Şonda Dawut Ýehowanyň huzuryna baryp, dyza çökdi⁠-⁠de, şeýle diýdi: «Eý Ýehowa Hudaý! Maňa we maşgalama munça ýagşylyk eder ýaly, biz kim?+ 17 Eý Hudaý, maňa eden ýagşylyklaryňy az görüp, geljekki neslim barada hem alada edýäň+. Ýehowa Hudaýym, sen meni beýik adam hasaplaýaň. 18 Şeýdip hormatlanyňdan soň, guluň Dawut başga näme diýsin, sen guluňy gowy tanaýaň+. 19 Ýehowa, guluň üçin, islegiňi amala aşyrmak üçin ägirt uly işleri edip, şöhratyňy görkezdiň+. 20 Eý Ýehowa! Saňa taý geljek ýokdur+. Ençeme taňrylar hakda eşidipdik, ýöne ýeke⁠-⁠täk hak Hudaý sensiň!+ 21 Milletler arasynda halkyň ysraýyla taý geljegi barmyka?!+ Eý hak Hudaý, sen baryp, halkyňy azat etdiň, olary özüňe halk edip saýladyň+. Beýik hem täsin gudratlary görkezip, adyňy şöhratlandyrdyň+. Halkyňy Müsürden çykaryp*, başga milletleri öňünden kowduň+. 22 Eý Ýehowa, sen ysraýyllary ebedilik halkyň edip+, olaryň Hudaýy bolduň+. 23 Ýehowa, guluňa we maşgalasyna beren sözüňi hiç wagt unutman, wadaňy berjaý et+. 24 Goý, seniň adyň hiç wagt ýitmesin, adyňa ebedi şöhrat bolsun!+ Şonda hemmeler: „Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýerler. Guluň Dawudyň öýi huzuryňda berk dursun+. 25 Eý Hudaýym, meniň neslimi tagtda oturtjakdygyňy söz beripdiň, şonuň üçin saňa ynam bilen doga edýärin. 26 Ýehowa, sen hak Hudaýsyň, guluňa köp ýagşylyklary wada berdiň. 27 Öý⁠-⁠içerimiň berekedini artdyr*. Öýüm huzuryňda ebedi dursun! Bereket berýän sensiň, eý Ýehowa! Seniň saýaňda öýümiň berekedi hiç haçan egsilmez!»

18 Birnäçe wagtdan Dawut piliştliler bilen söweşip, olary boýun egdirdi. Ol piliştlileriň Get şäherini+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalaryny basyp aldy+. 2 Dawut mowaplary+ hem derbi⁠-⁠dagyn etdi. Mowaplar Dawuda gul bolup, salgyt töläp başladylar+.

3 Soba+ patyşasy Hadatgezer+ Ýewfrat derýasynyň+ aňyrsynda hökümdarlygyny dikeltmäge barýarka, Dawut Hamatyň+ golaýynda oňa hüjüm etdi. 4 Ol Hadatgezeriň 1 000 söweş arabasyny, 7 000 atlysyny, 20 000 pyýada esgerini ýesir aldy+. Araba goşulýan atlaryň+ 100 sanysyndan galanyny maýyp etdi. 5 Damaskda ýaşaýan siriýalylar Soba patyşasy Hadatgezere kömege geldi. Emma Dawut olaryň hem 22 000 esgerini gyrdy+. 6 Ol Siriýanyň Damask şäherinde goşun bölümlerini goýdy. Siriýalylar hem Dawuda gul bolup, salgyt töläp başladylar. Ýehowa Dawuda baran ýerinde ýeňiş berýärdi+. 7 Ol Hadatgezeriň hyzmatkärlerinden tegelek altyn galkanlary alyp, Iýerusalime getirdi. 8 Dawut patyşa Hadatgezeriň golastyndaky Tibhat we Kun şäherlerinden ummasyz köp mis aldy. Süleýman patyşa şol mislerden howzy*+, sütünleri we gap⁠-⁠gaçlary ýasady+.

9 Hamat patyşasy Tohut Dawut patyşanyň Soba patyşasy Hadatgezeriň+ goşunyny derbi⁠-⁠dagyn edenini eşitdi+. 10 Ol Dawudyň hal⁠-⁠ýagdaýyny soramak we Hadatgezeriň üstünden gazanan ýeňşi bilen gutlamak üçin, ogly Hadoramy iberdi. Sebäbi Hadatgezer Tohut bilen häli⁠-⁠şindi söweşerdi. Hadoram Dawuda altyn⁠-⁠kümüşden we misden ýasalan her dürli sowgatlary äkitdi. 11 Dawut olary Ýehowa bagyş etdi*+. Ol başga milletlerden, ýagny edomlylardan, mowaplardan, ammonlardan+, piliştlilerden+ we amaleklerden+ alan altyn⁠-⁠kümüşlerini hem Hudaýa bagyş etdi.

12 Seruýanyň+ ogly Abyşaý+ Duz jülgesinde 18 000 edomlyny gyrdy+. 13 Ol Edomda goşun bölümlerini goýdy. Şeýdip, ähli edomlylar Dawudyň guly boldy+. Ýehowa Dawuda baran ýerinde ýeňiş berýärdi+. 14 Dawut tutuş Ysraýyly dolandyrýardy+. Ol halkyň üstünden adalatly we dogruçyl höküm sürýärdi+. 15 Seruýanyň ogly Ýowap goşunbaşydy+, Ahylutyň ogly Ýehoşapat+ bolsa mürzedi*. 16 Ahytubyň ogly Sadyk bilen Abyýataryň ogly Agamälik ruhanydy, Şawah kätipdi. 17 Ýehoýadanyň ogly Binaýa keretler+ bilen peletleriň*+ baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa patyşanyň baş emeldarydy.

19 Birnäçe wagtdan ammonlaryň patyşasy Nahaş aradan çykyp, ogly patyşa boldy+. 2 Şonda Dawut: «Nahaşyň maňa ýagşylyk edişi* ýaly, menem ogly Hanuna ýagşylyk edeýin»+ diýip, kakasynyň ölümine gynanç bildirmek üçin, wekillerini ýollady. Emma Dawudyň hyzmatkärleri Hanuna göwünlik bermek üçin ammonlaryň+ ýurduna baranda, 3 ammon han⁠-⁠begleri Hanuna şeýle diýdiler: «Dawut hyzmatkärlerini kakaň pahyry sylap ugradandyr öýdýäňmi? Ol hyzmatkärlerini ýurdy gözden geçirip, bar zady anyklamaga iberendir. Dawut seni tagtdan düşürjek bolýandyr» diýdiler. 4 Şonda Hanun Dawudyň hyzmatkärleriniň sakgalyny gyrkyp+, eşikleriniň bilinden aşagyny kesip, yzyna ýollady. 5 Dawut muny eşiden badyna, adam iberip, olara: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihonda+ galyň, soň gelersiňiz» diýdi, sebäbi olar masgara bolupdy.

6 Şondan soň ammonlar Dawuda duşman bolandyklaryna düşündiler. Hanun bilen ammonlar Mesopotamiýanyň*, Aram⁠-⁠magagyň we Sobanyň+ söweş arabalaryny we atlylaryny hakyna tutmak üçin 1 000 batman* kümüş iberdiler. 7 Şeýlelikde, olar 32 000 söweş arabany, Magak patyşasy bilen nökerlerini hakyna tutdular. Olar Medeba+ baryp, düşelge gurdular. Ähli şäherlerdäki ammonlar söweşe ýygnandy.

8 Dawut muny eşidip, Ýowap+ bilen goşunyny we gaýduwsyz esgerlerini+ iberdi. 9 Ammonlar şäheriň öňünde hatara düzüldiler. Söweşe çykan patyşalar düzlükde aýratyn durdular.

10 Ýowap duşmanlaryň öňdenem, yzdanam çozup gelýänini görende, Ysraýylyň edermen esgerlerinden käbirini saýlap, siriýalylaryň garşysynda hatara düzdi+. 11 Galan esgerleri bolsa dogany Abyşaýa+ tabşyrdy. Abyşaý olary hatara durzup, ammonlara gaýtawul bermelidi. 12 Ýowap oňa: «Eger siriýalylar+ menden üstün çykyp başlasa, sen maňa kömege gelersiň. Ýöne ammonlar senden üstün çykyp başlasa, men saňa kömege bararyn. 13 Dogumly we batyrgaý boluň+, halk üçin, Hudaýymyzyň şäherleri üçin söweşiň! Galan zadam Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun!» diýdi.

14 Ýowap esgerleri bilen siriýalylara garşy hüjüme geçdi; duşmanlar gaçdylar+. 15 Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlaram onuň dogany Abyşaýdan gaçyp, şähere girdiler. Şondan soň Ýowap Iýerusalime gaýdyp geldi.

16 Ysraýyllardan ýeňlen siriýalylar wekil iberip, derýanyň*+ aňyrsyndaky siriýalylary çagyrdylar. Olar Hadatgezeriň goşunbaşysy Şopagyň ýolbaşçylygynda geldiler+.

17 Dawut muny eşiden badyna, Ysraýyl goşunyny ýygnady⁠-⁠da, Iordandan geçip, olaryň golaýyna bardy. Ol esgerlerini olaryň garşysynda hatara düzdi. Şeýlelikde, Dawut siriýalylar bilen söweşip başlady+. 18 Siriýalylar ysraýyllardan ýeňildiler. Dawut olaryň 7 000 söweş arabaly esgerini, 40 000 pyýada esgerini we goşunbaşysy Şopagy öldürdi. 19 Hadatgezeriň nökerleri ýeňlendigine+ düşünip, Dawut bilen ylalaşyk baglaşdylar⁠-⁠da, boýun egdiler+. Şondan soň siriýalylar ammonlara kömek etmek islemediler.

20 Ýylyň başynda*, şalaryň söweşe çykýan wagty Ýowap+ goşuny bilen gidip, ammonlaryň ýurduny ýer bilen ýegsan etdi. Ol Rapa şäheriniň+ daşyny gabady. Dawut bolsa Iýerusalimde galypdy+. Ýowap Rapa çozup, şäheri derbi⁠-⁠dagyn etdi+. 2 Dawut Malkamyň* gymmatbaha gaşlar bilen bezelen täjini aldy; ondaky altynyň agramy bir batmandy*. Täji Dawudyň başyna geýdirdiler. Ol şäherden birgiden olja aldy+. 3 Ilatyny bolsa şäherden çykaryp, daş ýondurdy, ýiti demir gurallar we paltalar bilen işletdi+. Dawut ammonlaryň beýleki şäherlerinde hem şeýle etdi. Şondan soň Dawut esgerleri bilen Iýerusalime dolandy.

4 Soňra piliştliler bilen Gezerde söweş boldy. Şol söweşde huşaly Sibekaý+ Refaýimiň+ neslinden Sipaýy öldürdi. Piliştliler ysraýyllara boýun egdiler.

5 Piliştliler bilen ýene⁠-⁠de söweş boldy. Şonda Ýaýyryň ogly Alhanan getli Jalutyň+ dogany Lahmany öldürdi. Lahmanyň naýzasynyň sapy dokma agajy ýalydy+.

6 Get+ galasynda ýene uruş turdy. Şol ýerde bir äpet adam+ bardy, onuň elleri⁠-⁠de, aýaklary⁠-⁠da 6 barmaklydy, jemi 24 barmagy bardy. Ol hem Refaýimiň neslindendi+. 7 Ol ysraýyllaryň üstünden gülýärdi+. Emma Dawudyň dogany Şimegiň+ ogly Ýonatan ony öldürdi.

8 Olar getli+ Refaýimiň neslindendi+. Olar Dawut bilen nökerleriniň elinden öldi.

21 Soňra Şeýtan* Ysraýyla garşy aýaga galyp, Dawudy halky sanamaga iterdi+. 2 Dawut Ýowap+ bilen halkyň baştutanlaryna: «Men ilatyň sanyny biljek. Dandan+ Beýer⁠-⁠şeba çenli aýlanyp, ysraýyllary sanaň⁠-⁠da, maňa habar beriň» diýdi. 3 Emma Ýowap: «Goý, Ýehowa halkyny 100 esse köpeltsin! Patyşahym, olar şonsuzam seniň gullaryň. Halky sanamak nämä gerek? Ysraýyl halkyny günä galdyrma» diýdi.

4 Emma patyşa Ýowaby diňlemek hem islemedi. Ýowap gidip, tutuş Ysraýyla aýlanyp çykdy. Ol Iýerusalime gelip+, 5 halkyň sanyny Dawuda habar berdi. Ysraýyllardan söweşe ukyply 1 100 000 esger, ýahudalardan 470 000 esger bardy+. 6 Emma Ýowap Dawut patyşanyň buýrugyny halaman+, lewi we benýamin taýpalaryny ilat ýazuwyndan geçirmedi+.

7 Bolýan zatlar hak Hudaýa⁠-⁠da ýaramady, ol ysraýyl halkyny gyryp başlady. 8 Şonda Dawut hak Hudaýa: «Men agyr günä etdim+. Ýalbarýaryn, günämi geç+, akmaklyk etdim»+ diýdi. 9 Soňra Ýehowa Dawudyň görgüri* Gada+ şeýle diýdi: 10 «Git⁠-⁠de, Dawuda: „Ýehowa şu üç jezadan birini saýla diýýär“ diý». 11 Gad pygamber Dawudyň ýanyna baryp: «Ýehowa şeýle diýýär: „Şu üç jezanyň birini saýla: 12 ýurduňa üç ýyl açlyk düşsünmi?+ Ýa üç aý duşmanlaryňdan ýeňiljekmi?+ Ýa⁠-⁠da Ýehowa gylyjy bilen ýurda üç gün mergi keselini getirip+, Ýehowanyň perişdesi tutuş Ysraýyl ýurduna betbagtçylyk indersinmi?“+ Gowy oýlan⁠-⁠da, meni iberen Biribara näme diýmelidigimi aýt» diýdi. 13 Şonda Dawut: «Wah, agyr derde galdym. Ýöne ynsanyň eline düşenimden+, gowusy, Ýehowanyň eline düşeýin, sebäbi ol örän rehim⁠-⁠şepagatlydyr»+ diýdi.

14 Ýehowa hem ysraýyllary mergi keseline duçar etdi+; 70 000 adam heläk boldy+. 15 Hak Hudaý Iýerusalimiň ilatyny hem gyrmak üçin perişdesini iberdi. Perişde halky gyryp başlanda, Ýehowa betbagtçylyga gynanyp*+, halky gyryp ýören perişdä: «Besdir+, eliňi çek!» diýdi. Şol wagt Ýehowanyň perişdesi ýabuslardan+ Ornanyň harmanynyň+ golaýyna barypdy.

16 Dawut görse, Ýehowanyň perişdesi asman bilen zeminiň aralygynda elindäki gylyjyny+ Iýerusalime tarap uzadyp dur. Dawut bilen ýaşulular şol bada ýüzlerini ýere berdiler+, ählisi jul geýnipdi+. 17 Dawut hak Hudaýa: «Halky sana diýen men dälmi? Günä edenem, erbetlik edenem men+. Görgüli halk* näme etdi? Ýehowa Hudaýym, ýalbarýaryn, olardan eliňi çekip, maňa we atamyň öýüne jeza ber. Halkyň başyna betbagtçylyk inderme»+ diýdi.

18 Soňra Ýehowanyň perişdesi Gad pygamberi+ Dawudyň ýanyna iberdi. Gad pygamber Dawuda ýabuslardan Ornanyň harmanynda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny* gurmalydygyny aýtdy+. 19 Dawut Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asyp, Gad pygamberiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. 20 Ornan harmanda bugdaý döwüp ýördi. Ol yzyna öwrülip, perişdäni gördi. Şonda ýanyndaky dört ogly gorkup gizlendi. 21 Ornan Dawudyň gelýänini gören badyna, harmandan ylgap çykdy⁠-⁠da, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. 22 Dawut Ornana: «Harmanyňy maňa sataý, bahasy näçe bolsa töläýin. Halkyň başyndan gyrgynçylyk aýrylar ýaly+, Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny guraýyn» diýdi. 23 Ornan bolsa: «Patyşahym, harmany mugt bereýin, islän zadyňy et. Ine ýakma gurbanlygy üçin öküz, odun üçin harman döwülýän tagta+ bilen galla sadakasy üçin bugdaýam bar. Ählisini saňa bereýin» diýdi.

24 Emma Dawut: «Ýok, men satyn aljak. Seniň zadyňy mugt alyp, Ýehowa berip bilmerin. Mugt düşen zady ýakma gurbanlygy edip berip bilmerin»+ diýdi. 25 Dawut Ornana harman üçin 600 şekel* altyn berdi. 26 Dawut şol harmanda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurup+, ýakma we parahatlyk gurbanlyklary hödürledi. Ol Ýehowa dileg etdi, Hudaý hem gurbanlyk ojagyna gökden ot inderip, jogap berdi+. 27 Ýehowa perişdesine gylyjyny gynyna salmagy buýurdy+. 28 Dawut ýabuslardan Ornanyň harmanynda soň⁠-⁠soňlaram gurbanlyk bererdi, sebäbi Ýehowa şol harmanda dilegine jogap beripdi. 29 Musanyň çölde Ýehowa üçin guran mukaddes çadyry we gurbanlyk ojagy Gibgondaky seždegähde* goýlupdy+. 30 Emma Dawut Hudaýdan maslahat soramak üçin seždegähe barmady, sebäbi ol Ýehowanyň perişdesiniň gylyjyndan juda gorkupdy.

22 Soňra Dawut: «Ine şu ýerde hak Hudaý Ýehowanyň ybadathanasy we ysraýyl halky üçin gurbanlyk ojagy* gurlar»+ diýdi.

2 Ol tutuş Ysraýyldaky gelmişekleri+ ýygnamagy buýurdy. Dawut olara hak Hudaýyň ybadathanasyny gurmak üçin daş ýonmagy tabşyrdy+. 3 Şeýle⁠-⁠de ol derwezeler üçin çüýleri we petleleri ýasar ýaly birgiden demir bilen mis ýygnady+. 4 Ummasyz köp kedr agaçlaryny+ hem taýynlady. Sidonlylar+ bilen tirliler+ Dawuda juda köp kedr agaçlaryny getirip beripdi. 5 Dawut: «Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz+. Ýehowa üçin gurulmaly ybadathana bolsa gözelligi+ we kaşaňlygy bilen dünýäni haýran etjek+ ymarat bolmaly+. Şonuň üçin men ogluma gerek zatlary taýynlaýyn» diýdi. Şeýdip, Dawut aradan çykmanka, gurluşyk üçin birgiden zat taýynlady.

6 Dawut ogly Süleýmany çagyryp, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa üçin ybadathana gurmagy tabşyrdy. 7 Ol Süleýmana şeýle diýdi: «Oglum, men Ýehowa Hudaýymyň adyny göterjek öý gurmagy arzuw edýärdim+. 8 Ýöne Ýehowa maňa: „Sen ençeme söweşlere gatnaşyp, köp gan dökdüň. Adymy göterjek öýi sen gurmarsyň+, huzurymda köp gan dökdüň. 9 Seniň bir ogluň bolar+, ol parahatlyk söýüji adam bolar. Ony daş⁠-⁠töwerekdäki duşmanlardan goraryn*+, şonuň üçin adyna Süleýman*+ diýerler. Süleýmanyň höküm süren döwri ysraýyl halkyny parahat ýaşadaryn+. 10 Adymy göterjek öýi şol ogluň gurar+. Ol meniň oglum, men hem onuň atasy bolaryn+. Ysraýylda onuň patyşalygyny hiç wagt sarsdyrmaryn“+ diýdi.

11 Oglum, goý, Ýehowa seni goldasyn! Işiň ugruna bolsun, Hudaýyň aýdyşy ýaly, Ýehowa Hudaýyň üçin ybadathana gur+. 12 Ýehowa seni Ysraýyla hökümdar edip bellär. Ýehowanyň kanunyna berk ýapyşar ýaly+, goý, Hudaý saňa akyl⁠-⁠paýhas hem düşünje bersin+. 13 Eger sen Ýehowanyň Musa arkaly ysraýyllara beren kanunlaryny+, hökümlerini birkemsiz ýerine ýetirseň+, işiň ugruna bolar. Batyrgaý hem dogumly bol. Hiç zatdan gorkma, howsala düşme+. 14 Men köp azap çekip, Ýehowanyň öýi üçin 100 000 batman* altyn, 1 000 000 batman kümüş, ummasyz köp mis we demir ýygnadym+, olaryň agramyny ölçär ýaly däl. Agaç bilen daş hem taýynladym+. Indi senem olaryň üstüni ýetir. 15 Eliňde birgiden işçi, daş ýonýan, daş örýän+, agaç ussa we başga⁠-⁠da her dürli işe ussat adamlar bar+. 16 Altyn⁠-⁠kümşüň, misiň we demriň hetdi⁠-⁠hasaby ýok+. Oglum, işe başla, goý, Ýehowa seni goldasyn!»+.

17 Soňra Dawut ähli baştutanlara ogly Süleýmana kömek etmegi tabşyryp: 18 «Ýehowa Hudaý siziň bilen, ol sizi daş⁠-⁠töwerekdäki duşmanlardan gorap, ýurdy elime berdi. Tutuş ýurt Ýehowanyň we halkynyň elinde. 19 Indi Ýehowa Hudaýyňyza bütin ýüregiňiz, janyňyz* bilen gulluk etmegi ýüregiňize düwüň+. Gidiň⁠-⁠de, hak Hudaý Ýehowanyň mukaddes öýüniň gurluşygyna başlaň+. Soňra Ýehowanyň äht sandygyny, hak Hudaýyň mukaddes gap⁠-⁠gaçlaryny+ Ýehowanyň ady üçin guruljak ybadathana getiriň»+ diýdi.

23 Dawut garrap, ýaşy bir çene ýetipdi. Ol ogly Süleýmany Ysraýyla patyşa belledi+. 2 Soňra ähli han⁠-⁠begleri, ruhanylary+ we lewileri+ çagyrdy. 3 Lewileriň 30 ýaşdan ýokary erkeklerini ýekän⁠-⁠ýekän sananlarynda+, jemi 38 000 adam çykdy. 4 Lewilerden 24 000 adam Ýehowanyň öýündäki işlere gözegçilik edýärdi, 6 000 adam serkerde we kazydy+, 5 derwezebanlar+ 4 000 adamdy, 4 000 adam bolsa saz çalyp+, Ýehowany şöhratlandyrýardy. Dawut şol saz gurallary Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ýasandygyny aýdypdy.

6 Dawut olary Lewiniň Gerşon, Kohat we Merar+ diýen ogullaryna görä toparlara böldi+. 7 Gerşonyň neslinden Ladan bilen Şimeý bardy. 8 Ladanyň ogullary: Ýehiýel baştutan, Zetam we Ýowel+; jemi üç adam. 9 Şimeýiň ogullary: Şelemut, Hazyýel we Haran; jemi üç adam. Olar Ladanyň nesliniň tirebaşylarydy. 10 Şimeýiň ogullary: Ýahat, Zenaý, Ýeguş we Beriýa. Şimeýiň dört ogly bardy. 11 Ýahat baştutandy, ondan soň Zezady. Emma Ýeguş bilen Beriýanyň ogly az bolany üçin, olary bir hojalyk diýip hasaba aldylar we şol bir jogapkärçilige bellediler.

12 Kohatyň ogullary: Imram, Ýyshar+, Hebron we Uzyýel+; jemi dört adam. 13 Imramyň ogullary: Harun+ bilen Musa+. Harun bilen ogullary iň mukaddes otagda hyzmat etmäge bellenipdi+. Olar Ýehowanyň öňünde gurbanlyklary hödürläp, hyzmat etmelidi we Hudaýyň adyndan halka ak pata bermelidi+. 14 Hak Hudaýyň guly Musa we onuň ogullary lewi taýpasy bilen hasaba alnypdy. 15 Musanyň ogullary: Gerşom+ bilen Alygezer+. 16 Gerşomyň ogullaryndan Şebuwel+ baştutandy. 17 Alygezeriň nesillerinden* Rehabaý+ baştutandy. Alygezeriň başga ogly ýokdy, Rehabaýyň bolsa ogly köpdi. 18 Ýysharyň+ ogullaryndan Şelomit+ baştutandy. 19 Hebronyň ogullary: ulusy Ýeriýa, ikinjisi Emirýar, üçünjisi Ýahazyýel, dördünjisi Ýekaman+. 20 Uzyýeliň+ ogullary: Mikaý baştutan, ondan soň Ýyşa.

21 Meraryň ogullary: Mahly bilen Muşe+. Mahlynyň ogullary: Algazar bilen Kiş. 22 Algazar ogulsyz dünýäden ötdi, onuň diňe gyzlary bardy. Olar garyndaşlary* Kişiň ogullaryna durmuşa çykdylar. 23 Muşeniň ogullary: Mahly, Eder we Ýeremot; jemi üç adam.

24 Şeýlelikde, lewileri tirelerine we tirebaşylaryna görä hasaba aldylar. Olaryň 20 ýaşdan ýokary ähli erkekleriniň adyny ýazyp, Ýehowanyň öýünde gulluk etmäge bellediler. 25 Dawut: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa halkyna asudalyk* berdi+. Hudaý Iýerusalimde baky mesgen tutar+. 26 Indi lewiler mukaddes çadyry we esbaplaryny ondan⁠-⁠oňa göçürmeli bolmaz»+ diýdi. 27 Dawudyň buýrugy bilen, 20 ýaşdan ýokary lewiler hasaba alyndy. 28 Olar Ýehowanyň öýünde hyzmat edýän Harunyň ogullaryna kömek etmelidi+. Ybadathananyň howlularyna+, naharhanalaryna, mukaddes zatlaryň arassaçylygyna we hak Hudaýyň öýündäki başga⁠-⁠da işlere seretmelidi. 29 Hödür çöregine+, galla sadakasy üçin ýokary hilli una, çelpege*+, saçda bişirilýän külçelere, ýag goşulyp ýugrulýan hamyra+, ählisiniň ölçegine we möçberine gözegçilik etmelidi. 30 Olar her gün ertirine⁠-⁠agşamyna+ bellenen ýerinde durup, Ýehowa alkyş aýdyp, Hudaýy şöhratlandyrmalydy+. 31 Şeýle⁠-⁠de Kanunda tabşyrylyşy ýaly, Sabat günlerinde+, Täze aý+ baýramynda we beýleki baýramçylyklarda+ Ýehowa hödürlenýän ýakma gurbanlyklary bermäge kömekleşip, Ýehowanyň huzurynda hyzmat etmelidi. 32 Olar ýygnak çadyrynda*, mukaddes ýerde borçlaryny ýerine ýetirip, Ýehowanyň öýünde hyzmat edýän Harunyň ogullaryna kömek etmelidi.

24 Harunyň nesillerini topara böldüler. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhuw+, Algazar we Ytamar+. 2 Nadap bilen Abyhuw Harundan öň ýogaldy+; olar ogulsyz dünýäden ötdi. Algazar+ bilen Ytamar bolsa ruhany bolup hyzmat edýärdi. 3 Dawut Algazaryň neslinden Sadygy+ we Ytamaryň neslinden Agamäligi alyp, Harunyň nesillerini borçlaryna görä topara böldi. 4 Algazaryň nesliniň tirebaşylary Ytamaryň nesliniňkiden köpdi. Olary bölenlerinde, Algazaryň nesliniň 16 tirebaşysy, Ytamaryň nesliniň 8 tirebaşysy bardy.

5 Soňra bije atyp+, olary ýene⁠-⁠de toparlara böldüler, sebäbi Algazaryň neslinden hem, Ytamaryň neslinden hem mukaddes çadyra gözegçilik edýän we hak Hudaýa hyzmat edýän baştutanlar bardy. 6 Lewileriň kätibi Netaneliň ogly Şemaýa olaryň adyny patyşanyň, han⁠-⁠begleriň, Sadyk+ ruhanynyň, Abyýataryň+ ogly Agamäligiň+, ruhanylaryň we lewileriň tirebaşylarynyň öňünde ýazdy. Algazaryň we Ytamaryň hersiniň neslinden bir topar saýlandy.

7 Birinji atylan bije Ýehoýaryba, ikinjisi Ýedaýa, 8 üçünjisi Haryma, dördünjisi Seworyma, 9 bäşinjisi Mälikýara, altynjysy Miýamine, 10 ýedinjisi Hakosa, sekizinjisi Abyýara+, 11 dokuzynjysy Ýoşuwa, onunjysy Şekanýa, 12 on birinjisi Alyýaşyba, on ikinjisi Ýakime, 13 on üçünjisi Hupa, on dördünjisi Ýeşbeýaba, 14 on bäşinjisi Bilgaha, on altynjysy Imere, 15 on ýedinjisi Hezire, on sekizinjisi Hapisese, 16 on dokuzynjysy Petahýa, ýigriminjisi Ýehezkele, 17 ýigrimi birinjisi Ýahine, ýigrimi ikinjisi Gamula, 18 ýigrimi üçünjisi Delaýa, ýigrimi dördünjisi Mazyýa düşdi.

19 Olar Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň Haruna tabşyryşy ýaly, ata⁠-⁠babalary Harunyň goýan tertip⁠-⁠düzgüni boýunça Ýehowanyň öýünde borçlaryny ýerine ýetirmelidi+.

20 Lewileriň galany şulardyr: Imramyň+ ogullaryndan Şubaýyl+, Şubaýylyň ogullaryndan Ýehdeýa, 21 Rehabaýyň+ ogullaryndan Ýyşa baştutan, 22 Ýysharyň ogullaryndan Şelemut+, Şelemutyň ogullaryndan Ýahat, 23 Hebronyň ogullaryndan Ýeriýa+ baştutan, ikinjisi Emirýar, üçünjisi Ýahazyýel, dördünjisi Ýekaman, 24 Uzyýeliň ogullaryndan Mikaý, Mikaýyň ogullaryndan Şemir. 25 Mikaýyň Ýyşa diýen dogany bardy. Ýyşanyň ogullaryndan Zekerýa.

26 Meraryň+ ogullary: Mahly bilen Muşe; Ýazyýanyň ogullaryndan Beno. 27 Meraryň neslinden Ýazyýanyň ogullary Beno, Şoham, Zakur we Ibri, 28 Mahlynyň ogullaryndan Algazar; Algazaryň ogly ýokdy+, 29 Kişiň ogullaryndan Ýerehmil, 30 Muşeniň ogullaryndan Mahly, Eder we Ýerimot.

Olar Lewiniň ogullaryndan dörän tirelerdi. 31 Harunyň ogullary ýaly, şol tirelere⁠-⁠de uly⁠-⁠kiçi diýmän, Dawut patyşanyň, Sadygyň, Agamäligiň, ruhanylaryň we lewileriň tirebaşylarynyň öňünde bije atdylar+.

25 Soňra Dawut bilen baştutanlar Asafyň, Hemanyň we Ýedutunyň ogullarynyň+ käbirini saýladylar. Olar arfada, kirişli saz gurallarda+ we bürünç çanda*+ saz çalyp, Hudaýy şöhratlandyrmalydy*. Şol jogapkärçilige bellenenler şulardyr: 2 Asafyň ogullaryndan Zakur, Ýusup, Netanýa we Aşarel. Olar patyşanyň buýrugy bilen, Asafyň ýolbaşçylygynda Hudaýy şöhratlandyrýardylar. 3 Ýedutunyň+ ogullaryndan Gedalýa, Zeri, Ýeşaýa, Şimeý, Hasapýar we Matytýa+. Ýedutun alty ogluna ýolbaşçylyk edýärdi. Ýedutun arfada saz çalyp, Ýehowany şöhratlandyrýardy we alkyş aýdýardy+. 4 Hemanyň+ ogullaryndan Bekkiýar, Mattanýa, Uzyýel, Şebuwel, Ýerimot, Hananýa, Hananýar, Alyýatar, Gidalty, Romamtygezer, Ýoşbeşa, Mallut, Hotyr we Mahazyýat. 5 Olaryň hemmesi Hemanyň ogullarydy. Heman hak Hudaý tarapyn gören görnüşlerini* patyşa habar berip, Hudaýy şöhratlandyrýardy. Şol sebäpli hak Hudaý Hemana 14 ogul we 3 gyz berdi. 6 Olaryň ählisi kakasynyň ýolbaşçylygynda Ýehowanyň öýünde aýdym aýdyp, bürünç çanda, kirişli saz gurallarda we arfada+ saz çalyp, hak Hudaýyň öýünde hyzmat edýärdi.

Asafa, Ýedutuna we Hemana patyşa gözegçilik edýärdi.

7 Ýehowanyň şanyna aýdym aýtmak üçin tälim berlen aýdymçylar we olaryň doganlary jemi 288 adamdy. 8 Olara uly⁠-⁠kiçi, halypa ýa şägirt diýmän, ählisine bije atyp+, borçlaryny paýlap berdiler.

9 Birinji atylan bije Asafyň ogly Ýusuba+, ikinjisi Gedalýa+, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 10 üçünjisi Zakura+, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 11 dördünjisi Izrä, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 12 bäşinjisi Netanýa+, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 13 altynjysy Bekkiýara, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 14 ýedinjisi Ýeşarele, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 15 sekizinjisi Ýeşaýa, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 16 dokuzynjysy Mattanýa, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 17 onunjysy Şimeýe, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 18 on birinjisi Azarele, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 19 on ikinjisi Hasapýara, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 20 on üçünjisi Şubaýyla+, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 21 on dördünjisi Matytýa, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 22 on bäşinjisi Ýeremota, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 23 on altynjysy Hananýa, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 24 on ýedinjisi Ýoşbeşa, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 25 on sekizinjisi Hananýara, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 26 on dokuzynjysy Malluta, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 27 ýigriminjisi Alyýatara, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 28 ýigrimi birinjisi Hotyra, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 29 ýigrimi ikinjisi Gidalta+, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 30 ýigrimi üçünjisi Mahazyýata+, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam; 31 ýigrimi dördünjisi Romamtygezere+, ogullaryna we doganlaryna düşdi; jemi 12 adam.

26 Derwezebanlaryň+ toparlary: karunlardan Asafyň neslinden Koreniň ogly Meselimýar+. 2 Meselimýaryň ogullary: nowbahar ogly Zekerýa, ikinjisi Ýedgaýyl, üçünjisi Zabdyýar, dördünjisi Ýatnyýel, 3 bäşinjisi Elam, altynjysy Ýehohanan, ýedinjisi Alhunaý. 4 Abytedomyň ogullary: nowbahar ogly Şemaýa, ikinjisi Ýehozabat, üçünjisi Ýowa, dördünjisi Sakar, bäşinjisi Netanel, 5 altynjysy Emiýel, ýedinjisi Ysahar, sekizinjisi Peletaý. Hudaý Abytedomy ýalkapdy.

6 Abytedomyň ogly Şemaýanyň ogullary tirebaşydy. Olar gaýduwsyz we başarjaň adamlardy. 7 Şemaýanyň ogullary: Otna, Repaýyl, Abyt we Elzabat. Elzabatyň doganlary Alyhuw bilen Semahýa hem başarjaň adamdy. 8 Ählisi Abytedomyň nesilleridi. Olaryň ogullary we doganlary⁠-⁠da başarjaň, gujur⁠-⁠gaýratly adamlardy. Abytedomyň neslinden jemi 62 adam bardy. 9 Meselimýaryň+ ogullary we doganlary jemi 18 sanydy, olar başarjaň adamlardy. 10 Meraryň neslinden Hosaýyň birnäçe ogly bardy. Şimri baştutandy, ol nowbahar bolmasa⁠-⁠da, kakasy ony baştutan belläpdi. 11 Ikinjisi Hilkiýa, üçünjisi Tebalýa, dördünjisi Zekerýady. Hosaýyň ogullary we doganlary jemi 13 adamdy.

12 Derwezeban toparlarynyň baştutanlary hem doganlary ýaly Ýehowanyň öýünde borçlaryny ýerine ýetirmelidi. 13 Olaryň tirelerine uly⁠-⁠kiçi diýmän, bije atyp+, kimiň haýsy derwezede durmalydygyny çözdüler. 14 Gündogar derweze Selimýara düşdi. Selimýaryň ogly Zekerýa paýhasly maslahatçydy. Demirgazyk derweze Zekerýa düşdi. 15 Günorta derweze Abytedoma düşdi, ogullaryna+ bolsa ammarlary goramak tabşyryldy. 16 Şupim bilen Hosaýa+ günbatar tarapda, ýokarlygyna gidýän uly ýoluň ugrundaky Şaleket derwezesiniň ýany düşdi. Garawulçylyk edýän toparlar bir⁠-⁠birine golaý durmalydy. 17 Gündogarda lewilerden alty adam, demirgazykda her gün dört adam, günortada hem her gün dört adam durardy. Ammarlaryň ýanynda iki⁠-⁠ikiden garawul goýlardy+. 18 Günbatar eýwanyň uly ýolunda+ dört adam, eýwanyň ýanynda iki adam durardy. 19 Şol derwezebanlar Karunyň we Meraryň neslindendi.

20 Lewilerden Ahyýar hak Hudaýyň öýündäki hazynalara we Hudaýa bagyş edilen* zatlar goýlan hazynalara gözegçilik edýärdi+. 21 Ladanyň ogullaryndan, ýagny gerşonlardan Ladanyň neslinden Ýehiýeli+ tirebaşydy, 22 Ýehiýeliniň ogullaryndan Zetam we dogany Ýowel hem Ýehowanyň öýündäki hazynalara+ gözegçilik edýärdi. 23 Imramlardan, ýysharlardan, hebronlardan we uzyýellerden+ bolsa 24 Musanyň ogly Gerşomyň neslinden Şebuwel bardy; ol ammarlara gözegçilik edýän baştutandy. 25 Şebuweliň garyndaşlaryndan Rehabaý+, Ýeşaýa, Ýoram, Zikri we Şelemut; olar Alygezeriň+ neslidi. 26 Şelemut bilen doganlary Dawut patyşanyň+, tirebaşylaryň+, müňbaşylaryň, ýüzbaşylaryň we serkerdeleriň Hudaýa bagyş eden zatlary+ saklanýan hazynalara gözegçilik edýärdiler. 27 Olar söweşde+ alan oljalaryny+ Ýehowanyň öýüni bejermek üçin bagyş edipdiler. 28 Şamuwel weliniň*+, Kişiň ogly Şawulyň, Nuruň ogly Abnuryň+, Seruýanyň+ ogly Ýowabyň+ we başga⁠-⁠da adamlaryň Hudaýa bagyş eden zatlaryna Şelomit bilen doganlary gözegçilik edýärdi.

29 Ýysharlardan+ Kenanýa bilen ogullaryna başga jogapkärçilik berildi. Olar Ysraýylda serkerde we kazy+ bolup hyzmat etdiler.

30 Hebronlardan+ Hasapýar bilen doganlary jemi 1 700 adamdy. Olar Iordanyň günbatarynda Ýehowanyň we patyşanyň hyzmaty bilen bagly işlere gözegçilik edýän başarjaň adamlardy. 31 Nesil daragtyna görä, hebronlardan Ýeriýah+ baştutandy. Dawudyň hökümdarlygynyň 40⁠-⁠njy ýylynda+, hebronlaryň arasyndan gaýduwsyz we başarjaň adamlary gözlediler. Şonda Gileadda ýerleşýän Ýazerden+ käbir adamlar saýlandy. 32 Olaryň dogan⁠-⁠garyndaşlary tirebaşydy, jemi 2 700 adamdy. Dawut patyşa olary hak Hudaýyň we patyşanyň hyzmaty bilen bagly işlere gözegçilik etmekleri üçin, rubenlere, gadlara we manaşa taýpasynyň ýarysyna ýolbaşçy edip belledi.

27 Ysraýyl goşunynda tirebaşylar, müňbaşylar, ýüzbaşylar+ we goşun bölümlerine ýolbaşçylyk edip, patyşanyň hyzmatynda durýan serkerdeler+ bardy. Goşunyň her bölüminde 24 000 adam bardy. Her bölüm ýylyň dowamynda bir aý gulluk ederdi.

2 Birinji aýda gulluk edýän bölüme Zabdyýeliň ogly Ýaşobam+ ýolbaşçylyk edýärdi, bölüminde 24 000 adam bardy. 3 Pereziň+ neslinden Ýaşobam birinji aýda gulluk edýän serkerdeleriň baştutanydy. 4 Ikinji aýda gulluk edýän bölüme ahohlardan+ Dodaý+ ýolbaşçylyk edýärdi. Miklot baştutandy, bölüminde 24 000 adam bardy. 5 Uly ruhany Ýehoýadanyň+ ogly Binaýa+ üçünji aýda gulluk edýän bölümiň serkerdesidi, bölüminde 24 000 adam bardy. 6 Binaýa otuz gaýduwsyz esgeriň biridi. Ol şol esgerlere ýolbaşçylyk edýärdi, bölümine bolsa ogly Emizabat gözegçilik edýärdi. 7 Dördünji aýda gulluk edýän bölüme Ýowabyň dogany+ Asahel+, soňra ogly Zabdyýar ýolbaşçylyk etdi, bölüminde 24 000 adam bardy. 8 Bäşinji aýda gulluk edýän bölüme yzrahlardan Şamhut ýolbaşçylyk edýärdi, bölüminde 24 000 adam bardy. 9 Altynjy aýda gulluk edýän bölüme tekoýaly+ Ikeşiň ogly Yrak+ ýolbaşçylyk edýärdi, bölüminde 24 000 adam bardy. 10 Ýedinji aýda gulluk edýän bölüme efraýymlaryň neslinden pelonly Heles+ ýolbaşçylyk edýärdi, bölüminde 24 000 adam bardy. 11 Sekizinji aýda gulluk edýän bölüme zeralardan+ huşaly Sibekaý+ ýolbaşçylyk edýärdi, bölüminde 24 000 adam bardy. 12 Dokuzynjy aýda gulluk edýän bölüme benýaminlerden anatotly+ Abygezer+ ýolbaşçylyk edýärdi, bölüminde 24 000 adam bardy. 13 Onunjy aýda gulluk edýän bölüme zeralardan+ netopaly Mahraý+ ýolbaşçylyk edýärdi, bölüminde 24 000 adam bardy. 14 On birinji aýda gulluk edýän bölüme efraýymlardan piratonly Binaýa+ ýolbaşçylyk edýärdi, bölüminde 24 000 adam bardy. 15 On ikinji aýda gulluk edýän bölüme Otnyýeliň neslinden netopaly Heldaý ýolbaşçylyk edýärdi, bölüminde 24 000 adam bardy.

16 Ysraýyl taýpalarynyň baştutanlary şulardyr: rubenlere Zikriniň ogly Alygezer, şimgonlara Magagyň ogly Şepatýa, 17 lewilere Kemuweliň ogly Hasapýar, Harunyň nesillerine Sadyk, 18 ýahudalara Dawudyň dogany Alyhuw+, ysaharlara Mikaýylyň ogly Omra, 19 zebulunlara Abdyýaryň ogly Yşmaý, naftalylara Ezraýylyň ogly Ýerimot, 20 efraýymlara Azazýanyň ogly Hoseýa, manaşa taýpasynyň ýarysyna Pedaýanyň ogly Ýowel, 21 Gileaddaky manaşa taýpasynyň ýarysyna Zekerýanyň ogly Ydon, benýaminlere Abnuryň+ ogly Ýagaşel, 22 danlara Ýerohamyň ogly Azarel baştutanlyk edýärdi. Olar Ysraýyl taýpalarynyň baştutanlarydy.

23 Dawut 20 ýaşdan kiçileri hasaba almady, sebäbi Ýehowa ysraýyl halkyny asman ýyldyzlary deý köpeltjekdigini wada beripdi+. 24 Seruýanyň ogly Ýowap ilat ýazuwyny geçirse⁠-⁠de, ony doly tamamlamady. Hudaýyň ysraýyllara gahary geldi+, şonuň üçin halkyň sany Dawut patyşanyň taryhy kitabyna ýazylmady.

25 Şa hazynalaryna+ Adyýeliň ogly Azmawet gözegçilik edýärdi. Ekin meýdanlaryň, şäherleriň, obalaryň we galalaryň ammarlaryna Uzyýanyň ogly Ýonatan gözegçilik edýärdi. 26 Daýhanlara Kelubyň ogly Hyzyr gözegçilik edýärdi. 27 Üzümliklere ramaly Şimeý, üzüm sykyp, şerap ýasalýan ammarlara sipmotly Zabdy gözegçilik edýärdi. 28 Şepeladaky+ zeýtun we injir agaçlaryna+ gederli Bagalhanan, ýag saklanýan ammarlara bolsa Ýowaş gözegçilik edýärdi. 29 Şaronda+ bakylýan iri mallara şaronly Şitraý, jülgelerdäki iri mallara Adlaýyň ogly Şapat gözegçilik edýärdi. 30 Düýelere ysmaýyllardan Abyl, eşeklere* bolsa meronotly Ýehdeýa gözegçilik edýärdi. 31 Goýun⁠-⁠geçilere hagarlardan Ýazyz gözegçilik edýärdi. Ählisi Dawut patyşanyň mal⁠-⁠mülküne seredýän baştutanlardy.

32 Dawudyň ýegeni Ýonatan+ düşünjeli maslahatçy we kätipdi. Hakmonyň ogly Ýehiýel patyşanyň ogullaryna+ seredýärdi. 33 Ahytopel+ patyşanyň maslahatçysydy, arhytlardan Huşaý+ bolsa patyşanyň dostudy. 34 Ahytopelden soň Binaýanyň+ ogly Ýehoýada we Abyýatar+ maslahatçy boldy, Ýowap+ goşunbaşydy.

28 Dawut Ysraýyl baştutanlaryny: taýpa baştutanlaryny, patyşa gulluk edýän goşun bölümleriniň serkerdelerini+, müňbaşylary, ýüzbaşylary+, patyşanyň mal⁠-⁠mülküne+ we ogullaryna+ seredýän baştutanlary, köşk emeldarlaryny, gaýduwsyz hem-de başarjaň adamlary+ Iýerusalime ýygnady. 2 Dawut patyşa ýerinden turdy⁠-⁠da, şeýle diýdi:

«Eý halkym, doganlarym, gulak asyň! Men Ýehowanyň äht sandygyny goýmak üçin Hudaýyň aýagyna basgançak boljak öý gurmagy arzuw edipdim+. Gurluşyga gerek zatlary hem taýynladym+. 3 Emma hak Hudaý: „Adymy göterjek öýi sen gurmarsyň+, sebäbi köp söweşlere gatnaşyp, gan dökdüň“+ diýdi. 4 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa atamyň hojalygyndan meni saýlap, Ysraýyla ebedilik patyşa etdi+. Ol Ýahudany baştutan edip saýlapdy+. Ýahuda taýpasyndan bolsa atamyň hojalygyny+, atamyň ogullarynyň arasyndan meni Ysraýyla patyşa belledi+. 5 Ýehowa maňa köp ogul berdi+. Ogullarymdan Süleýmany+ Ysraýylda Ýehowanyň şa tagtynda oturtmaga mynasyp gördi+.

6 Hudaý maňa: „Öýümi we howlularymy ogluň Süleýman gurar, ony oglum edip saýladym, men onuň atasy bolaryn+. 7 Eger ol meniň tabşyryklarymy we hökümlerimi häzirkisi ýaly yhlas bilen ýerine ýetirse+, patyşalygyny hiç wagt sarsdyrmaryn“+ diýdi. 8 Tutuş ysraýyl halkynyň, Ýehowanyň jemagatynyň, Hudaýymyzyň öňünde size diýýärin: Ýehowa Hudaýyň tabşyryklaryna gowy düşünjek boluň, olary birkemsiz ýerine ýetiriň. Şonda eşretli ýurdy+ geljekki nesilleriňize hemişelik miras edip galdyrarsyňyz.

9 Süleýman, oglum, senem ataň Hudaýyny gowy tanap, bütin ýüregiň bilen+, höwes bilen* gulluk et, sebäbi Ýehowa ýürekleri barlaýandyr+, ynsanyň her bir oý⁠-⁠pikirini we niýetini bilýändir+. Hudaýy agtarsaň, hökman taparsyň*+. Ýöne Hudaýdan ýüz öwürseň, ol hem senden hemişelik ýüz öwrer+. 10 Ine, Ýehowa ybadathana gurmak üçin seni saýlady. Batyrgaý bol⁠-⁠da, işe başla».

11 Soňra Dawut ogly Süleýmana minaranyň+, otaglaryň, ammarlaryň, ýokarky otaglaryň, içki otaglaryň+ we günä geçilýän jaýyň* çyzgysyny berdi+. 12 Dawut Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly Ýehowanyň ybadathanasynyň howlularyny+, daş⁠-⁠töweregindäki naharhanalary, hak Hudaýyň öýüniň hazynalaryny we Hudaýa bagyş edilen zatlar saklanýan hazynalary+ çyzypdy, çyzgylaryň ählisini Süleýmana berdi. 13 Şeýle⁠-⁠de ol ruhanylaryň+, lewileriň toparlary, Ýehowanyň öýünde ýerine ýetirmeli borçlary we Ýehowanyň öýünde ulanyljak gap⁠-⁠gaçlar hakda görkezme berdi. 14 Dawut her dürli gap⁠-⁠gaçlara näçe altyn⁠-⁠kümşüň gitjekdigini aýtdy. 15 Altyn⁠-⁠kümüş şemdanlaryň+ we şemleriň, başga⁠-⁠da her dürli şemdanlaryň we şemleriň agramyny, 16 hödür çöregi goýuljak stollaryň+ her birine näçe altynyň, kümüş stollara näçe kümşüň gitjekdigini, 17 sap altyndan çarşaklara, tabaklara, küýzelere, altyn⁠-⁠kümüş tabaklaryň+ her birine näçe altyn⁠-⁠kümşüň gitjekdigini, 18 tütetgi ojagyna*+ näçe sap altynyň gitjekdigini, altyn keruplara näçe sap altynyň gitjekdigini aýtdy. Ganatlaryny ýaýyp, Ýehowanyň äht sandygyna kölege salyp duran şol keruplar+ Hudaýyň arabasyny suratlandyrýardy+. 19 Dawut: «Ýehowa meni goldap*, ähli zady jikme⁠-⁠jik çyzar ýaly akyldarlyk berdi»+ diýdi.

20 Soňra Dawut ogly Süleýmana: «Batyrgaý hem dogumly bol⁠-⁠da, işe başla. Hiç zatdan gorkma, howsala düşme, Ýehowa Hudaýym seniň bilendir+. Ol seni taşlamaz, terk etmez+, Ýehowanyň öýüniň gurluşygy tamamlanýança, seni goldar. 21 Ruhanylar+ we lewiler+ hak Hudaýyň öýündäki borçlaryny ýerine ýetirer. Hemme zatdan başy çykýan ökde ussalar saňa kömek eder+. Baştutanlar+ bilen halk ähli buýrugyňy ýerine ýetirer» diýdi.

29 Dawut patyşa halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Hudaý oglum Süleýmany saýlady+. Ýöne ol ýaş hem tejribesiz+, edilmeli iş bolsa köp. Ybadathana adam üçin däl⁠-⁠de, Ýehowa Hudaý üçin gurulmaly+. 2 Men elimde baryny edip, Hudaýymyň öýi üçin altyndan ýasaljak zatlara altyn, kümüşden ýasaljak zatlara kümüş, misden ýasaljak zatlara mis, demirden ýasaljak zatlara demir+, agaçdan ýasaljak zatlara agaç+ taýynladym. Şeýle⁠-⁠de oniks we oturtma daşlary, bezeg daşlary, her dürli gymmatbaha daşlary we birgiden alebastr daşlary ýygnadym. 3 Hudaýymyň öýüne söýgim güýçli bolansoň+, şol zatlary hem az görüp, hazynamdaky+ altyn⁠-⁠kümüşden bermek isleýärin. Ybadathananyň gurluşygy üçin taýýarlan zatlarymyň üstüne 4 diwarlara çaýmak üçin ýene⁠-⁠de 3 000 batman* Ofer altyny+ bilen 7 000 batman arassa kümüş goşýaryn. 5 Altyn⁠-⁠kümüşden ýasaljak we ussalaryň ýasajak zatlary üçin altyn⁠-⁠kümüş berýärin. Adamlar, siziň haýsyňyz Ýehowa sadaka bermek isleýäňiz?»+

6 Şonda ysraýyl taýpalarynyň baştutanlary, tirebaşylary, müňbaşylary, ýüzbaşylary+ we patyşanyň iş dolandyryjylary+ sadaka bermek islediler. 7 Olar hak Hudaýyň öýi üçin 5 000 batman altyn, 10 000 teňňe*, 10 000 batman kümüş, 18 000 batman mis we 100 000 batman demir berdiler. 8 Käbirleri bolsa gymmatbaha daşlaryny Ýehowanyň öýüniň hazynasyna berdi. Hazyna gerşonlardan+ Ýehiýel+ gözegçilik edýärdi. 9 Ýehowa üçin göwnünden çykaryp, ýürekden sadaka beren adamlar diýseň begendiler+, Dawut patyşa⁠-⁠da muňa juda begendi.

10 Soňra Dawut halkyň öňünde Ýehowany şöhratlandyryp, şeýle diýdi: «Atamyz Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa, saňa ezelden ebedä çenli şöhrat bolsun! 11 Ýehowa, beýiklik+, güýç⁠-⁠kuwwat+, gözellik, şan⁠-⁠şöhrat, at⁠-⁠abraý+ seniňkidir, sebäbi ýerde⁠-⁠gökde ähli zat seniň eliňde+. Eý Ýehowa, patyşalyk hem seniňki+, sen hemmeden beýik! 12 Baýlyk hem şan⁠-⁠şöhrat senden gelýär+, ähli zadyň üstünden sen höküm sürýäň+. Güýç+ hem gujur⁠-⁠gaýrat+ seniň eliňde, adamy beýgeldýänem+, güýç⁠-⁠kuwwat berýänem+ sensiň. 13 Eý Hudaýymyz, saňa alkyş aýdyp, beýik* adyňy şöhratlandyrýarys.

14 Eýsem, Hudaýa sadaka berer ýaly, men kim, halkym kim? Ähli zady sen berýäň ahyryn. Biz saňa öz beren zatlaryňy gaýtaryp berýäris. 15 Biz hem ata⁠-⁠babalarymyz ýaly, seniň öňüňde gelmişekdiris+. Ömrümiz kölege deý+ umytsyz geçip gidýär. 16 Ýehowa Hudaýymyz, mukaddes adyňy göterjek öýüň gurluşygy üçin taýýarlan ähli zadymyzy sen berdiň, olar şonsuzam seniňki. 17 Sen ýürekleri barlaýan+ Hudaý, akýürekli adamlary görüp begenýäň+. Menem ähli zady ak ýürekden berdim. Halkyň hem höwes bilen sadaka berenine begendim. 18 Ata⁠-⁠babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa, goý, halkyň yhlasy hiç wagt gowşamasyn. Saňa hemişe ýürekden gulluk etmäge kömek et*+. 19 Oglum Süleýmana⁠-⁠da tabşyryklaryňy+, öwüt⁠-⁠ündewleriňi* we kanunlaryňy bütin ýüregi+ bilen berjaý etmäge kömek et. Meniň taýýarlan zatlarym+ bilen ybadathanany doly gurup biler ýaly, işini ugruna et».

20 Soňra Dawut halka: «Ýehowa Hudaýy şöhratlandyryň!» diýdi. Tutuş halk ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýy Ýehowany şöhratlandyrdy. Olar dyza çöküp, Ýehowa we patyşa tagzym etdiler. 21 Şol gün hem, ertesi gün hem Ýehowa gurbanlyk berdiler. Olar 1 000 öküzçäni, 1 000 goçy, 1 000 erkek toklyny Ýehowa ýakma gurbanlygy+ edip berdiler, şerap sadakalaryny+ hem hödürlediler. Olar tutuş Ysraýyl üçin juda köp gurbanlyklary berdiler+. 22 Şol gün Ýehowanyň huzurynda iýip⁠-⁠içip, şatlyk⁠-⁠şagalaň etdiler+. Dawudyň ogly Süleýmanyň patyşa bolandygyny ýene⁠-⁠de jar çekdirip, ony Ýehowanyň huzurynda halka baştutan edip bellediler+. Sadygy bolsa ruhany bellediler+. 23 Süleýman kakasy Dawudyň ýerine patyşa bolup, Ýehowanyň tagtynda+ oturdy. Süleýmanyň edeni ugruna bolýardy, tutuş halk oňa tabyn bolýardy. 24 Baştutanlar+, gaýduwsyz esgerler+, Dawut patyşanyň ogullary+ hem Süleýmana tabyn boldular. 25 Ýehowa Süleýmany halkyň öňünde juda beýgeltdi we Ysraýylyň öňki patyşalarynyň hiç birinde bolmadyk şan⁠-⁠şöhrat berdi+.

26 Ýessäniň ogly Dawut tutuş Ysraýyla hökümdarlyk etdi. 27 Dawut Ysraýylyň üstünden 40 ýyl höküm sürdi. Ol Hebronda 7 ýyl+, Iýerusalimde bolsa 33 ýyl höküm sürdi+. 28 Dawut baýlyga we şan⁠-⁠şöhrata eýe bolup, uzak ýaşap+, durmuşyndan razy bolup, aradan çykdy. Dawudyň ýerine ogly Süleýman patyşa boldy+. 29 Dawut patyşanyň durmuşynda bolan wakalar Şamuwel weliniň*, Natan+ pygamberiň we Gad+ görgüriň* kitaplarynda başdan⁠-⁠aýak ýazylandyr. 30 Şol ýazgylarda Dawudyň patyşalygy, şan⁠-⁠şöhraty, höküm süren döwründe Ysraýylda we beýleki patyşalyklarda bolan wakalar gürrüň berilýär.

Mundan beýlesi Aramyň ogullary; 1Ms 10:23-e serediň.

Manysy: Bölünişik.

Ýa-da: ýer ýüzüniň ilaty çar tarapa ýaýrapdy.

Sözme-söz: ogullary.

Taýpa baştutanlary göz öňünde tutulýar.

Manysy: Betbagtçylyk getirýän. Ýuş 7:1-de Ahan hem diýilýär.

Sözme-söz: ogullary.

Sözme-söz: ogullary.

18, 19, 42-nji aýatlarda Kalep hem diýilýär.

9-njy aýatda Kelubaý diýilýär.

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Şu bapdaky käbir atlar adamy däl-de, şäheri aňladýan bolmaly. «Atasy» diýen söz bolsa şäheriň düýbüni tutan adamy görkezýär.

Sözme-söz: ogullary.

9-njy aýatda Kelubaý diýilýär.

Şu bapdaky käbir atlar adamy däl-de, şäheri aňladýan bolmaly. «Atasy» diýen söz bolsa şäheriň düýbüni tutan adamy görkezýär.

«Agyry» diýmegi aňladýan ýewreý sözünden gelip çykan bolmaly.

Sözme-söz: ogullary.

Manysy: Senetçileriň jülgesi.

Sözme-söz: ogullary.

Sözme-söz: Ol. 18-nji aýatdaky Bitiýa göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa-da: atasy boldy.

Ýa-da: dilden-dile geçip gelýän sözlerdir.

Sözme-söz: kakasynyň düşegini hapalandygy.

Ýagny Ýerobgam II.

Ýa-da: taňrylary bilen ahlaksyzlyk etdiler.

Sözme-söz: ruhuny iterdi.

Sözme-söz: ogullary.

1-nji aýatda Gerşon hem diýilýär.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: haýatly düşelge.

Ýuş 21:13-e görä, başga manysy: şäheri.

Ýuş 21:21-e görä, başga manysy: şäheri.

Sözme-söz: ogullary.

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Manysy: Betbagtçylyk içinde.

Efraýym ýa-da Beriýa göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa-da: Ýehoşuw. Manysy: Ýehowa Halasgär.

Başga manysy: Gaza. Ýöne piliştlileriň Gaza şäheri däl.

32-nji aýatda Şomer hem diýilýär.

32-nji aýatdaky Hotam göz öňünde tutulýan bolmaly.

Başga manysy: Sähraýym Huşym we Bagara atly aýallaryny kowansoň, Mowapda birnäçe çagasy boldy.

Işboşet hem diýilýär.

Mepiboşet hem diýilýär.

Sözme-söz: bagyş edilenler.

Ýa-da: ybadathanasyna.

Ýa-da: düşelgesiniň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: otaglaryna.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: naharhanalarynda.

Sözme-söz: öz süýegiňden we teniňden.

Sözme-söz: baýyrdan. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: Ölümini boýnuna alyp.

Takmynan 2 m 23 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.

Undan bişirilen önümler göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: öri meýdanly şäherlerine.

Ýa-da: Şihordan, ýagny Nil derýasynyň şahasy.

Ýa-da: Hamatyň girelgesine.

Başga manysy: arasynda.

Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.

Ýa-da: gaharlandy.

Manysy: Uza garşy gazap.

Manysy: Derbi-dagyn edýänleriň Hojaýyny.

Sözme-söz: baka agaçlarynyň. Nähili agaçdygy anyk belli däl.

Sözme-söz: Ol Dawudyň şäherinde.

Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.

Sözme-söz: alamut. Sözlüge serediň: Alamut.

Sözme-söz: şeminit. Sözlüge serediň: Şeminit.

Ýa-da: ýeňsiz don.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: ýüreginde ýigrenip başlady.

Kak edilen hurma göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: Ýehowany ýatlap.

Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.

Başga manysy: gürrüň beriň.

Başga manysy: Mukaddesligi nur saçýandygy üçin.

Ýa-da: geldi.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Goý, şeýle bolsun!

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Ýehowa saňa öý gurup berer.

Ýa-da: nesliňi.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: satyn alyp.

Ýa-da: Guluň öýüniň berekedini höwes bilen artdyr.

Sözme-söz: deňzi.

Sözme-söz: mukaddes etdi.

Ýa-da: patyşanyň ýazgylaryny ýöredýän emeldardy.

Dawudyň nökerleri göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: wepaly söýgi bildirişi.

Sözme-söz: Aram-naharaýymyň.

Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýar.

Ýagny ýaz paslynda.

Ammonlaryň taňrysy göz öňünde tutulýan bolmaly. Molek ýa-da Milkom hem diýilýär.

Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Başga manysy: bir duşman. Adam göz öňünde tutulýan bolmagy-da mümkin.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ökünip.

Sözme-söz: Goýunlar.

Sözlüge serediň.

Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: dynçlyk bererin.

Ýewreý sözünden gelip çykyp, «Parahatlyk» diýmegi aňladýar.

Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ogullaryndan.

Sözme-söz: doganlary.

Sözme-söz: dynçlyk.

Ýa-da: ýukajyk çörege; gatlama.

Sözlüge serediň.

Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.

Sözme-söz: pygamberlik etmelidi.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: mukaddes edilen.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: urkaçy eşeklere.

Ýa-da: bütin janyň bilen. Sözlüge serediň: Jan.

Ýa-da: ol saňa özüni tapdyrar.

Ýa-da: gapagyň durýan otagynyň. Äht sandygynyň gapagy göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Ýehowanyň eli üstümde bolup.

Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: darik. Pars altyn teňňesi. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: owadan.

Ýa-da: olaryň ýüregini özüňe gönükdir.

Ýa-da: ýatlatmalaryňy.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş