Adamlary ala tutman wagyz edip, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez
1 Ýahýa resul gören görnüşinde, gögüň ortasynda uçup ýören bir perişdäniň «her millete we taýpa, her dile we her halka» ebedi hoş habary yglan edip ýörenini gördi (Ylh. 14:6). Biz hem perişdäniň görkezmesine eýerip, adamlary ala tutman wagyz edýärismi? Adamlary ala tutýandygymyzy özümiz hem aňman bileris. Biziň adamlara bolan garaýşymyz, olara hoş habary wagyz edişimize täsir edip biler. Şonuň üçin biz dürli milletden bolan adamlara wagyz edenimizde, olar barada ýürekden alada edýändigimizi görkezmeli.
2 Uçastogyňy göz öňünde tut. Seniň uçastogyňda gelmişekler ýa gaçgaklar ýaşaýarmy? Biz olary ünsden sowýan bolmagymyz mümkin. Şeýle adamlary tapyp, olary gowurak tanajak bol. Olar nämä mätäç, olary näme biynjalyk edýär? Olara näme ýaraýar, näme ýaranok, nämeden gorkýalar we näme barada ters pikir edýärler? Şu zatlary göz öňünde tut-da, Patyşalyk baradaky hödüriňi üýtgetmäge çalyş (1 Kor. 9:19—23). Pawlus resul ýaly biz hem öz ýaşaýan ýerimizdäki ähli adamlara, şol sanda başga ýurtdan gelenlere, dürli medeniýetdäki adamlara, başga dilde gürleýänlere we juda baý adamlara-da hoş habary gürrüň bermäge özümizi borçly duýmaly (Rim. 1:14).a
3 Ýöne başga dilde gürleýänlere nädip wagyz etmeli? «Ähli milletler üçin hoş habar» diýen broşýurany ulan. Şeýle-de seniň ýaşaýan ýeriňde adamlar haýsy dilde gepleýän bolsa, şol dilde çap edilen kitapçadyr broşýuralary ýanyň bilen alyp bilersiň. (2003-nji ýylyň Gorkut aýyndaky «Hudaýa gullugymyz» (rus.), 4-nji sahypadaky 2, 3-nji abzaslara seret). Mundan başga-da käbir wagyzçylar başga dilde salamlaşmagy hem wagyz etmegiň ýönekeýje usulyny öwrenmek üçin köp tagalla etdiler. Haçan-da biz adamlara öz ene dilinde iň bolmanda birki söz aýdanymyzda, köplenç olara gowy täsir edýändigini bilýäris. Bu bolsa olary hoş habara çekip biler.
4 Ýehowadan görelde al. Adamlaryň milletine garaman wagyz edip, «bütin [dürli topardaky, TD] adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýän», ala tutmaýan Hudaýymyz Ýehowadan görelde alýarys (1 Tim. 2:3, 4).
[Çykgyt]
a «Warwaros» (warwar) diýen grek sözi «ýat ýerli adamy» aňladyp, adatça grekçe gürläp bilmeýän adamlara aýdylýardy (it-1-E s. 851). Geçmişde bu söz medeniýetsiz, ýagny düşünjesiz, erbet gylykly we ýigrenilýän adama degişli däldi. Greklerden tapawutlandyrmak üçin başga medeniýetdäki adamlara warwarlar diýýärdiler (it-1-E s. 255).