Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr20 Fewral sah. 1—6
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2020)
  • Sözbaşylar
  • Fewral 3—9
  • Ruhy dürdäneleri agtaryň
  • Fewral 10—16
  • Ruhy dürdäneleri agtaryň
  • Fewral 17—23
  • Ruhy dürdäneleri agtaryň
  • Fewral 24—mart 1
  • Ruhy dürdäneleri agtaryň
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2020)
mwbr20 Fewral sah. 1—6

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Fewral 3—9

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 12—14

«Ählimize täsir edýän äht»

it «Äht»

Äht

Ybraýym bilen baglaşylan äht. Bu äht Ybram (Ybraýym) Kengana barmak üçin Ýewfrat derýasyndan geçende güýje giren bolmaly. Kanun ähti bolsa şondan 430 ýyl geçensoň baglaşylypdy (Gal 3:17). Ybraýym Mesopotamiýada haldeýleriň Ur şäherinde ýaşaýarka, Ýehowa oňa ýaşaýan ýerini goýup, görkezjek ýurduna gitmegi tabşyrýar (Res 7:2, 3; 1Ms 11:31; 12:1—3). 2 Musa 12:40, 41-nji aýatlarda ysraýyllaryň Müsürde we Kengan topragynda 430 ýyl ýaşandan soň, «hut şol gün Müsürden çykdy» diýilýär. Ýewreýler b. e. öň 1513-nji ýylyň 14-nji nisanynda Müsürden çykypdy we Pasha baýramyny belläp başlady (2Ms 12:2, 6, 7). Bu bize Ybraýymyň b. e. öň 1943-nji ýylyň 14-nji nisanynda Ýewfrat derýasyndan geçendigini hasaplamaga kömek edýär. Ýehowanyň  Ybraýym bilen baglaşan ähti hut şol gün güýje giren bolmaly. Ybraýym Kengan topragyndaky Şekeme ýetende, Ýehowa oňa ýene-de görnüp, beren wadasyny ýene bir gezek tassyklady: «Şu ýurdy seniň nesliňe bererin». Şeýdip, ol Ybraýym bilen baglaşan ähtiniň Erem bagynda beren wadasy bilen baglanyşyklydygyny görkezdi we «nesliň» adamzat neslinden dörejekdigini aýtdy (1Ms 12:4—7). Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa bu äht barada başga-da jikme-jiklikleri aýtdy (1Ms 13:14—17; 15:18; 17:2—8, 19; 22:15—18).

w89 1/7 sah. 3, abz. 4

Ybraýym hakda hakykaty näme üçin bilmeli?

Bu üýtgeşik wada hakda Ybraýym azyndan iki gezek eşidipdi (1 Musa 18:18; 22:18). Beren wadasyny berjaý etmek üçin Hudaý hatda gadymy döwürdäki ölen adamlary hem direlder. Şol direlen adamlar köp bereket alar. Sebäbi olaryň köpüsi ilkibaşda ýitirilen Jennetdäki ýaly owadan ýerde direler. Soňra olar ebedi bereketlere eýe bolmak üçin tälim alar (1 Musa 2:8, 9, 15—17; 3:17—23).

it «Kanun»

Kanun

Alymlaryň aýtmagyna görä, adam bir ýer satyn alanda, oňa şol ýeri görüp biläýjek aralykdan görkezýärdiler we anyk araçägini çyzýardylar. Alyjy «men görýärin» diýmek bilen, baglaşylan şertnamany kanun esasynda tassyklaýandygyny görkezýärdi. Ýehowa Ybraýyma Kengan topragyny berjekdigini wada berende, oňa ilki bilen töwerek daşyna göz aýlamagy haýyş etdi. Ybraýym «men görýärin» diýmedi, sebäbi Hudaý Wada edilen ýurdy Ybraýymyň nesline, üstesine-de ençeme wagt geçensoň beripdi (1Ms 13:14, 15). Ysraýyl halkynyň ýolbaşçysy hökmünde Musa pygambere topragy gözden geçirmegi tabşyrýar. Eger-de alymlaryň çaklamasy dogry bolsa, onda şol toprak kanun esasynda ysraýyllara berilmelidi. Olar Ýuşanyň ýolbaşçylygynda şol topragy eýelemelidi (5Ms 3:27, 28; 34:4; şeýle-de Mat 4:8-e serediň, bu aýatda Şeýtan Isa-da şuňa meňzeş teklip edipdi). Mundan başga-da adam şol topraga gadam basyp, eýläk-beýläk ýörände, kanun esasynda oňa eýe çykýandygyny görkezýärdi (1Ms 13:17; 28:13). Käbir gadymy golýazmalarda şol toprakda näçe sany bag bar bolsa, şertnamada olaryň hemmesi  görkezilýärdi (1Ms 23:17, 18-nji aýatlary deňeşdiriň).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w16.05 sah. 5, abz. 12

Söýgi — düşünişmezligiň açary

12 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň käbir gullukçylarynyň aralarynda dörän düşünişmezligi parahat ýagdaýda çözendikleri gürrüň berilýär. Makalanyň  başynda agzalan Ybraýym we onuň doganoglany Lutuň uly sürüsi bardy. Bir gezek olaryň çopanlarynyň arasynda dawa turýar. Ybraýym düşünişmezligiň öňüni almak üçin, doganoglany Luta ilkinji bolup ýer saýlamagy teklip edýär (Gel. çyk. 13:1, 2, 5—9). Ybraýym pygamber öz bähbidini gözlemän, parahatlygy saklap, gör, nähili ajaýyp görelde galdyrdy! Ybraýym jomartlygy üçin sylagsyz galmady. Lut bilen bolan wakadan soň, Ýehowa Ybraýymy patalajakdygyny wada berdi (Gel. çyk. 13:14—17). Hawa, Hudaý prinsiplerine eýermäge we düşünişmezligi söýgi bilen çözmäge jan edýän gullukçylarynyň zyýan çekmegine hiç haçan ýol bermeýär.

it «Ruhany»

Ruhany

Salamyň patyşasy Mäliksadyk üýtgeşik ruhanydy (kohen). Mukaddes Kitapda onuň gelip çykyşy, haçan doglandygy we haçan ölendigi hakda hiç zat aýdylmaýar. Ol ruhany bellense-de, ruhanylaryň neslinden däldi we ruhanylygy nesilden-nesle geçmeýärdi. Mäliksadyk hem patyşa, hem ruhanydy. Onuň ruhanylygy lewileriň ruhanylygyndan beýikdi, sebäbi Lewi Mäliksadyga ondan birini beripdi we Ybraýym Mäliksadyga ondan birini berip, ondan pata alanda, Lewi heniz Ybraýymyň nesli hökmünde dogulmandy (1Ms 14:18—20; Ýew 7:4—10). Şeýlelikde, Mäliksadyk «ebedilik ruhany boljak» Isa Mesihi suratlandyrýardy (Ýew 7:17).

w12 1/1 sah. 8

Bibisarany esasanam näme bezeýärdi?

Bibisara berk imany bolan Ybraýym pygamberiň aýalydy. Ol Hudaýa ýaraýan häsiýetleri bilen gowy görelde galdyrdy. Mukaddes Kitapda oňa üç sapar Hudaýa wepaly galan aýal diýip aýdylýar (Işaýa 51:1, 2; Ýewreýler 11:11; 1 Petrus 3:3—6). Hudaýyň Sözünde Bibisara barada köp aýdylmasa-da, onuň gowy häsiýetleriniň bolandygy görkezilýär.

Mysal üçin, Ybraýym Ur şäherinden çykyp gitmelidigi barada Hudaýyň tabşyrygyny aýdanda, Bibisaranyň muňa nähili garandygy hakda oýlanyň. Ol: «Biz nirä we näme üçin barýarys?» diýen soragy öz-özüne berdimikä? Maşgalamyzy ekläp bilermikäk diýip alada etdimikä? Ol dogan-garyndaşlaryndan we dost-ýarlaryndan hemişelik aýra düşýändigine gynandymyka? Elbetde, Bibisara şu zatlar hakda oýlanyp alada galandyr, ýöne Ýehowa gulak assa ony ýalkajakdygyna ynanyp şäherden gitmäge razy bolýar (Resullar 7:2, 3).

Bibisara diňe bir hudaýhon aýal däl-de, ýoldaşynyň göwnünden turýan zenandy. Ol maşgalada baştutanlygy eline aljak bolup ýoldaşy bilen bäsdeşlik etmeýärdi, gaýtam Ybraýyma çuňňur hormat goýup, onuň gelýän her bir kararyny ýürekden goldaýardy. Bu häsiýeti hem ony hasam bezeýärdi (1 Petrus 3:1—6).

Şu günler aýallar Bibisaradan näme öwrenip biler? 30 ýyldan köpräk bagtly maşgala durmuşynda ýaşaýan Jeýn atly aýal şeýle diýýär: «Men Bibisaranyň göreldesinden ýoldaşym bilen açyk gürleşip, öz pikirimi arkaýyn aýtmagy öwrendim. Ýöne şol bir wagtda ýoldaşymyň maşgalabaşy hökmünde soňky karara özüniň gelýändigine düşünýärin. Ol nähili karara gelse-de, meniň etmeli borjum onuň gelen kararyny goldamak».

Bibisaranyň mysalyndan biz wajyp sapak edinýäris: ol juda owadan zenan bolsa-da, ýüreginde tekepbirligiň kök urmagyna ýol bermedi (1 Musa 12:10—13). Ol Ybraýymyň şatlygyny hem gaýgysyny bile paýlaşýardy. Elbetde, Ybraýym bilen Bibisara biri-birine wepaly, pespäl we mähirlidiler. Dogrudanam, olar bir-birine uly bereketleri getirdiler.

Fewral 10—16

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 15—17

Ýehowa Ybram bilen Saranyň adyny näme üçin üýtgetdi?

w02 1/6 sah. 16, abz. 15

Adamyň dogruçyllygy onuň ýüregindäki zatlar bilen, ýagny Ýehowa bolan berk imany, söýgüsi, minnetdarlygy, Ýehowanyň wadalaryna bolan imany bilen berk baglanyşykly. Dogruçyllyk Hudaýyň kada-kanunlaryny berjaý etmekden has köp zady aňladýar. Mukaddes Kitapda Ybraýymyň Ýehowa iman edendigi üçin «dogruçyl adam hasaplanandygy» aýdylýar (1 Musa 15:6). Ybraýym diňe bir Hudaýyň bardygyna ynanman, özüne wada berlen nesliň boljakdygyna hem ýürekden iman edýärdi (1 Musa 3:15; 12:2; 15:5; 22:18). Şeýle imanyň we şoňa görä edilen hereketleriň esasynda Ýehowa bikämil Ybraýym hem-de başga-da adamlar bilen gürleşip, olara ak pata berýärdi (Zebur 36:10; Rimliler 4:20—22).

it «Ybraýym»

Ybraýym

Aradan birnäçe wagt geçdi. Ybraýym bilen Bibisaranyň Kenganda ýaşap ýörenine 10 ýyl töweregi bolupdy. Emma Bibisaranyň henizem çagasy bolmaýardy. Ol ýoldaşyna çaga dogrup berer ýaly, müsürli gyrnagy Hajary Ybraýyma aýallyga berýär. Ybraýym hem muňa razylaşýar. Şeýdip, b. e. öň 1932-nji ýylda Ybraýym 86 ýaşyndaka Ysmaýyl diýen ogly boldy (1Ms 16:3, 15, 16). Aradan esli wagt geçdi. B. e. öň 1919-njy ýylda Ybraýym 99 ýaşyndaka, Ýehowa oňa hojalygyndaky erkekleriň ählisini sünnetlemegi tabşyrýar. Bu Ýehowanyň Ybraýym bilen baglaşan ähtine möhür basandygyny, ýagny aýratyn gatnaşykdadygyny görkezýärdi. Şol wagt Ýehowa Ybramyň adyny Ybraýyma öwrüp: «Seni köp milletleriň atasy ederin» diýdi (1Ms 17:5, 9—27; Rim 4:11). Ybraýym adam keşbine girip, Ýehowanyň adyndan gelen üç perişdäni myhman alansoň, Hudaý oňa ýene bir ýyl geçip-geçmänkä Bibisaranyň ogul dogurjakdygyny wada berýär (1Ms 18:1—15).

w09 1/2 sah. 13

Adam adynyň manysy

Hudaý pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin käbir adamlaryň adyny üýtgetdi. Mysal üçin, ol Ybramyň («Beýik ata» diýmegi aňladýar) adyny Ybraýym («Köpleriň atasy» diýmegi aňladýar) diýen ada üýtgetdi. Adynyň manysyna laýyklykda, ol köp milletleriň atasy boldy (1 Musa 17:5, 6). Şonuň ýaly Hudaý Ybraýymyň aýaly Saranyň («Igenjeň» diýmegi aňladýar) hem adyny üýtgetdi. Ýehowa Saranyň adyny Bibisara («Şa aýaly» diýmegi aňladýar) diýen ada üýtgedende, ol, gör, nähili begenendir! Bibisara patyşalaryň enesi bolmalydy (1 Musa 17:15, 16).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Taryhy wakalaryň yzygiderliligi»

Taryhy wakalaryň yzygiderliligi

Ýehowa Ybrama (Ybraýyma): «Şuny bilip goý: nesliň başga ýurtda gelmişek bolup ýaşar, şol ýeriň halky olary gul edip, 400 ýyl ezer» diýdi (1Ms 15:13; şeýle-de Res 7:6, 7-nji aýatlara serediň). Ýehowa bu sözleri wada edilen nesil Yshak dünýä inmänkä aýdypdy. B. e. öň 1932-nji ýylda Bibisaranyň müsürli gyrnagy Hajardan Ysmaýyl dogulýar, b. e. öň 1918-nji ýylda bolsa Bibisaradan Yshak dogulýar (1Ms 16:16; 21:5). Şondan ysraýyllaryň Müsürden çykan wagtyna çenli 400 ýyly hasaplasak, gulçulyk döwri gutarýar (1Ms 15:14), ýagny b. e. öň 1913-nji ýyla düşýär. Şol wagt Yshak 5 ýaşlaryndady we ol süýtden aýrylan bolmaly. Ysmaýyl 19 ýaşlaryndaka Yshagy kemsidende, pygamberlikde aýdylan gulçulyk döwri başlady (1Ms 21:8, 9). Şu günler Ysmaýylyň Ybraýymyň mirasdüşerini kemsidip, üstünden gülmegi ýönekeý zat ýaly hasaplansa-da, şol döwür muňa uly ähmiýet berilýärdi. Bibisaranyň özüni alyp barşy we Hajar bilen Ysmaýyly kowmak baradaky haýyşyny Hudaýyň makullamagy munuň dogrudygyny subut edýär (1Ms 21:10—13). Bu wakanyň Mukaddes Kitapda jikme-jik ýazylmagy bolsa, ysraýyllar Müsürden çykýança dowam eden 400 ýyl gulçulyk döwrüniň hut şol wagt başlandygyny tassyklaýar (Gal 4:29).

it «Müsürden çykyş»

Müsürden çykyş

«Nesliň dördünji arkasy». Ýehowa Ybraýym pygambere nesliniň dördünji arkasynyň Kengan ýurduna dolanyp geljekdigini aýdypdy (1Ms 15:16). Tutuş 430 ýyl, ýagny Ybraýym bilen baglaşylan ähtiň güýje gireninden tä ysraýyllaryň Müsürden çykan wagtyna çenli dört nesilden köpräk wagt geçen bolmaly; (üstesine-de, şol döwürler adamlar häzirkä garanda, uzak ömür sürýärdiler). Emma ysraýyllar Müsürde 215 ýyl ýaşapdy. Eger ysraýyllaryň Müsüre giren wagtyndan hasaplasak, dört arka geçýär. Ysraýyllaryň diňe bir taýpasy, ýagny lewi taýpasy munuň şeýledigini subut edýär: 1) Lewi, 2) Kohat, 3) Imram we 4) Musa (2Ms 6:16, 18, 20).

Fewral 17—23

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 18, 19

«„Ýer ýüzüniň Kazysy“ Sodom bilen Gomorra şäherlerini ýok edýär»

w17.04 sah. 18, abz. 1

«Bütin ýer ýüzüniň Kazysy» hemişe adalatly hereket edýär

«BÜTIN ýer ýüzüniň Kazysy — Sen  adalatly hereket etmeli dälmisiň ahyryn!» (Gel. çyk. 18:25). Bu sözleri Ybraýym pygamber aýdypdy. Ol Ýehowanyň Sodom bilen Gomorra şäherlerini adalatsyz höküm etmejekdigine ynanýardy. Sebäbi onuň «bigünäni günäliler bilen bile öldürmejekdigini» bilýärdi. Ybraýym pygamber beýle zady asla göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Şondan takmynan 400 ýyl geçende, Ýehowa özi hakda şeýle diýdi: «Ol Gaýadyr, işleri kämildir. Bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr» (Kan. tag. 31:19; 32:4).

w18.08 sah. 30, abz. 4

Sabyrlylyk çydamly bolmaga kömek edýär

Elbetde, sabyrly bolmakda iň gowy göreldäni Ýehowa görkezýär (2 Pet. 3:15). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň çäksiz sabyrlydygyny görkezýän ençeme wakalar bar (Neh. 9:30; Iş. 30:18). Meselem, Ybraýym pygamber Sodomyň ýok edilmegi bilen bagly sorag berende, Ýehowanyň özüni nähili alyp barandygy ýadyňyzdadyr. Ýehowa onuň sözüni bölmän, gaýtam, her bir soragyny hem-de biynjalyk edýän zatlaryny sabyrlylyk bilen diňledi. Soňra Ybraýym pygamberiň duýgularyna düşünýändigini görkezip, Sodomdan bary-ýogy 10 sany dogry adam çyksa, şäheri weýran etmejekdigine ynandyrdy (Gel. çyk. 18:22—33). Hawa, gaharlanman, gaýtam, sabyrly diňlemekde Ýehowa bize ajaýyp görelde görkezdi.

w10 15/11 sah. 26, abz. 12

Ýehowa Älemiň Hökümdary!

12 Ýehowa tizden höküm sürmäge haklydygyny ykrar eder. Biz onuň erbetlige hemişelik ýol bermejekdigini we soňky günlerde ýaşaýandygymyzy bilýäris. Ýehowa Tupanda erbet adamlary heläk etdi. Ol Sodom bilen Gomorrany hem-de faraony we onuň goşunyny ýok etdi. Sisera bilen onuň esgerleri-de, Sanherip bilen aşur goşuny-da Hemmelerden Beýige garşy durup bilmedi (Gel. çyk. 7:1, 23; 19:24, 25; Müs. çyk. 14:30, 31; Kaz. 4:15, 16; 2 Pat. 19:35, 36). Diýmek, Ýehowa Hudaý adynyň masgaralanmagyna we gullukçylaryna azar berilmegine çydap ýörmez. Onsoňam, biz häzir Isanyň barlygyna we zalym dünýäniň soňuna degişli alamatlary görýäris (Mat. 24:3).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w88 15/5 sah. 23, abz. 4, 5

Hudaýy gören barmy?

Perişde Ybraýym bilen Hudaýyň adyndan gürleşipdi; şonda Ybraýym Ýehowa Hudaýyň özi bilen gürleşýän ýaly bolupdy. Sebäbi şol perişde Ybraýyma Hudaýyň aýtmak islän zadyny aýdypdy we Hudaýyň adyndan gepläpdi. Ine şonuň üçinem Mukaddes Kitapda: «Ýehowa... Ybraýyma göründi» diýilýär (1 Musa 18:1).

Telefonyň ýa-da radionyň aýdýan sözlerimizi başga adama ýetirişi ýaly, perişdelerem Hudaýyň habaryny adamlara ýetirýärdi. Diýmek, Ybraýym, Musa, Manowa we beýleki gullukçylar perişde bilen gepleşende, Hudaýyň özi bilen gepleşýän ýalydy. Olar ynsan keşbine giren perişdeleri we Ýehowanyň şöhratyny görseler-de, Hudaýyň özüni görüp bilmeýärdi. Bu bolsa Ýahýa resulyň sözleriniň dogrudygyny görkezýär: «Hiç kim hiç haçan Hudaýy gören däldir» (Ýahýa 1:18). Hawa, olar Hudaýyň özüni däl-de, onuň adyndan geplän perişdeleri görüpdi.

w19.06 sah. 20, abz. 3

Başgalara kyn gününde kömek ediň

3 Lut ahlaksyzlykdan doly Sodom şäherini saýlap, gaty nädogry karara geldi (2 Petrus 2:7, 8-nji aýatlary okaň). Sodom ösen şäher bolsa-da, Lut şol ýere göçendigine soňra ökünen bolsa gerek (Gel. çyk. 13:8—13; 14:12). Lutuň aýaly ol ýeriň ýaşaýşyna we adamlaryna şeýle bir öwrenişýär welin, hatda Ýehowanyň duýduryşyna-da gulak asmaýar. Hudaý ol ýeri ot hem kükürt bilen ýok edende, Lutuň aýaly heläk bolýar. Şeýle-de Lutuň gyzlary barada oýlanyp görüň. Gyzlarynyň ikisiniň hem geljekki ýanýoldaşy Sodom şäheri ýok edilende heläk bolýar. Lut öýüni, emlägini, iň erbedi bolsa, aýalyny hem ýitirýär (Gel. çyk. 19:12—14, 17, 26). Şeýle kyn gününde Ýehowa Lutdan ýüz öwürdimi?

Fewral 24—mart 1

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 20, 21

«Ýehowa beren wadasyny hemişe berjaý edýär»

wp17.5 sah. 14, 15

Hudaý oňa «şa aýaly» diýen ady berdi

Bibisaranyň gülmegi Ýehowa iman etmeýändigini aňladýarmy? Elbetde, ýok. Mukaddes Kitapda: «Bibisara hem iman edendigi üçin garrylyk çagyna ýetse-de, Hudaýyň güýji bilen göwreli boldy, sebäbi ol wada beren Hudaýyň wepalydygyny bilýärdi» diýilýär (Ýewreýler 11:11). Bibisara Ýehowany gowy tanaýardy; onuň beren wadalaryny berjaý edip biljekdigine asla şübhelenmeýärdi. Eýsem, bizem imanymyzyň şeýle güýçli bolmagyny islemeýärismi? Munuň üçin Mukaddes Kitaby gowy özleşdirip, Hudaýy ýakyndan tanamaly. Şonda Bibisaranyň imanynyň näme üçin şeýle berk bolandygyna göz ýetireris. Ýehowa dogrudanam ynamdar Hudaý; ol beren wadasyny hökman amala aşyrýar. Käte muny täsin ýa-da akylyňa sygmajak ýollar bilen edýär!

«Bibisara gulak as»

Bibisara 90 ýaşyndaka, bütin ömrüne arzuw eden zadyna ýetýär. Ol adamsy Ybraýyma bir ogul dogrup berýär, şol wagt Ybraýym 100 ýaşyndady. Ybraýym Hudaýyň tabşyryşy ýaly, çaganyň adyna Yshak («Gülki» diýmegi aňladýar) diýip at dakýar. Göz öňüne getiriň, Bibisara çagasyny kynlyk bilen dogursa-da, begenjinden ýaňa: «Hudaý meni güldürdi. Eşidenlerem meniň bilen gülşer» diýdi (1 Musa 21:6). Ýehowanyň beren bu ajaýyp sowgady ömrüniň ahyryna çenli ony begendirdi. Emma onuň maşgalada başga-da borçlary peýda boldy.

Yshak 5 ýaşyndaka, süýtden aýrylýar. Maşgalasy şonuň hatyrasyna uludan toý tutdy. Ýöne käbir zatlar Bibisaranyň şatlygyny alýardy. Ol gyrnagy Hajaryň ogly 19 ýaşly Ysmaýylyň kiçijik Yshagyň üstünden gülýändigini görýär. Bu ýöne bir degişme däldi. Pawlus resul hem Ysmaýylyň bu hereketini yzarlama bilen deňeşdirdi. Bibisara ogly Yshaga uly howp abanýandygyna  düşünýärdi. Ol Yshaga ýöne bir ogly  hökmünde däl-de, Ýehowanyň niýetinde esasy orun eýelejek biri hökmünde garaýardy. Ine şonuň üçinem  ol batyrgaýlyk bilen adamsyna garaýşyny düşündirýär. Ol Ybraýyma Hajar bilen Ysmaýyly kowmagy aýdýar (1 Musa 21:8—10; Galatýalylar 4:22, 23, 29).

Eýsem, Ybraýym muňa nähili garady? Mukaddes Kitapda: «Emma ogly hakda aýdylan zatlar Ybraýyma agyr degdi» diýilýär. Ybraýym ogly Ysmaýyly gaty gowy görýärdi, şonuň üçin bolýan zatlary birbada kabul edip bilmedi. Emma Ýehowa ähli zada düşünýändigi üçin bu ýagdaýa goşulyp Ybraýyma şeýle diýdi: «Gyrnagyň we ogluň hakda Bibisaranyň aýdanlaryny göwnüňe alma. Bibisara gulak as, sebäbi saňa wada beren neslim Yshakdan dörär». Ýehowa oňa Hajar bilen Ysmaýylyň aladasyny etjekdigini söz berdi. Ybraýym hem Ýehowa gulak asdy (1 Musa 21:11—14).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

wp17.3 sah. 12, çykgyt.

«Bilýäňmi, sen owadan aýal»

Bibisara Ybraýymyň uýasydy. Olaryň ikisiniň hem kakasy Tarahdy, emma ejeleri başgady (1 Musa 20:12). Şu günler şeýle nikalar makullanmasa-da, şol döwürdäki adamlaryň garaýşynyň häzirkiden tapawutlanandygyny unutmaly däl. Şol wagt adamlar Adam ata bilen How enäniň ýitiren kämil ýaşaýşyna ýakyndy. Şol sebäpli ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky nikalar nesil öndürmekde howply hasaplanmadyk bolmaly. Emma şondan 400 ýyl töweregi geçensoň, adamlaryň ömri biziňkä meňzäp başlady. Musanyň kanunynda hem ýakyn dogan-garyndaşlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyk ýazgarylýardy (3 Musa 18:6).

w89 1/7 sah. 20, abz. 9

Ybraýym. Hudaý bilen dostlaşmak isleýänler üçin ajaýyp görelde

9 Ybraýym Hudaý bilen dostlaşmak isleýändigini  iman bilen hereket edip görkezdi. Mukaddes Kitapda ol hakda şeýle diýilýär: «Ýehowa üçin şol ýerde gurbanlyk ojagyny gurdy» (1 Musa 12:7). Adatça, gurbanlyk ojagy mal gurbanyny bermek üçin gurulýardy. Sebäbi ýewreý dilinden terjime edilen «gurbanlyk ojagy» diýlen jümle «gurbanlyk bermek üçin ýer» diýmegi aňladýar. Ol şeýle gurbanlyk ojaklaryny ýurduň başga ýerlerinde-de gurup, imanyny iş ýüzünde görkezdi. Şeýle-de Ybraýym «Ýehowanyň adyny çagyrýardy» (1 Musa 12:8; 13:18; 21:33). Ýewreý dilinden terjime edilen «adyny çagyrmak» diýen sözler «yglan etmek (wagyz etmek)» diýmegi aňladýar. Ybraýymyň hojalygyndakylar, şol sanda kenganlylar hem onuň batyrgaýlyk bilen Ýehowa Hudaýyň adyny yglan edişini görendirler (1 Musa 14:22—24). Ybraýym ýaly şu günler Hudaý bilen dostlaşmak isleýän adamlaryň ählisi Oňa iman edýändigini iş ýüzünde görkezýärler. Meselem, olar wagyz işine gatnaşyp, «Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny berýärler, ýagny onuň adyny hemmelere dili bilen wagyz edýärler» (Ýewreýler 13:15; Rimliler 10:10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş