Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/2 sah. 6—10
  • Mukaddes ruhuň ýaradylyşdaky ähmiýeti

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes ruhuň ýaradylyşdaky ähmiýeti
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Täsin ýaradylyş
  • Hudaýyň çäksiz güýji
  • Mukaddes ruh we Ýer şary
  • Mukaddes ruh we janly-jandarlar
  • Ynsanyň ýaradylyşy
  • Mukaddes ruhuň ähmiýetine düşünmek
  • Mukaddes ruh we Hudaýa iman
  • Näme üçin Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Birinji asyrda we şu günler mukaddes ruhuň täsir edişi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Özüňizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda geziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/2 sah. 6—10

Mukaddes ruhuň ýaradylyşdaky ähmiýeti

«Gökler Rebbiň sözi bilen, ähli gök jisimleri Onuň demi bilen ýaradyldy». (ZEB. 33:6)

1, 2. a) Ynsanyň Gök we Ýer baradaky bilimi nädip artdy? b) Biz haýsy soragyň jogabyna serederis?

1905-NJI ýylda meşhur alym Albert Eýnşteýn we başga-da birnäçe alymlar älem-jahanda diňe bir — Akmaýanyň ýoly — galaktikanyň bardygyna ynanýardylar. Olar älem-jahanyň ululygyna dogry baha berip bilmediler! Älemde 100 milliardlarça galaktika bolup, olaryň käbirinde milliardlarça ýyldyz bar. Ýer ýüzünde has güýçli teleskoplaryň ulanylmagy ýa-da orbita çykarylmagy bilen, täze açylýan galaktikalaryň sany gitdigiýe artýar.

2 1905-nji ýylda alymlaryň Gök we ýer ýüzi baradaky bilimi çäklidi. Hawa, bir asyr mundan öň ýaşan adamlar ata-babalaryndan has köp bilýärdiler. Biz bolsa, owadan we çylşyrymly ýaşaýyş hem-de tebigatyň kanunlary barada özümizden öňki ýaşan adamlardan köp bilýäris. Emma gelejekde biz Gök we Ýer barada has-da köp zatlary öwreneris. Gök we Ýer nädip döredi? Bu soragyň jogabyny diňe Mukaddes Ýazgylar, ýagny Ýaradyjymyzyň Sözi arkaly bilse bolýar.

Täsin ýaradylyş

3, 4. Ýehowa älem-jahany nädip ýaratdy we ýaradylan zatlar Ony nädip şöhratlandyrýar?

3 Älem-jahanyň döreýşini Töwratyň ilkinji sözleri gowy düşündirýär: «Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» (Gel. çyk. 1:1). Başda hiç zat ýokdy, emma Ýehowa mukaddes ruhuny — hereketdäki güýjüni ulanyp, gökleri, Ýeri we älemdäki ähli zatlary ýaratdy. Ussa eliniň we gurallaryň kömegi bilen zat ýasaýar, Ýehowa bolsa niýetini amala aşyrmak üçin mukaddes ruhuny ulanýar.

4 Injilde mukaddes ruha Hudaýyň «barmagy» diýilýär (Luka 11:20; Mat. 12:28). «Onuň elleriniň işi», ýagny Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly ýaradylan zatlaryň ählisi ony şöhratlandyrýar. Dawut şeýle nagma aýtdy: «Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi Onuň elleriniň işinden habar berýär» (Zeb. 19:1). Hawa, ähli ýaradylyş Hudaýyň mukaddes ruhunyň örän güýçlüdigini tassyklaýar (Rim. 1:20). Muňa nähili esas bar?

Hudaýyň çäksiz güýji

5. Ýehowanyň mukaddes ruhunyň güýji barada gürrüň beriň.

5 Ägirt uly älem Ýehowanyň güýjüniň we energiýasynyň çäksizdigini görkezýär (Işaýa 40:26-ny okaň)a. Alymlaryň aýtmagyna görä, materiýany energiýa, energiýany bolsa materiýa öwrüp bolýar. Materiýanyň energiýa öwrülişini Günüň mysaly gowy görkezýär. Gün her sekuntda dört million tonna materiýany şöhlä, gyzgynlyga we energiýanyň başga görnüşlerine öwürýär. Şol energiýanyň ýer ýüzüne ýetýän ujypsyzja bölegi ýaşaýşyň bolmagy üçin ýeterlikdir. Görşümiz ýaly, Güni hem-de milliardlarça ýyldyzlary ýaratmak üçin ägirt uly güýç we energiýa gerek bolupdyr. Diýmek, Ýehowanyň güýji örän çäksizdir.

6, 7. a) Hudaýyň ýaradan zatlary näme üçin ýerbe-ýer diýse bolar? b) Älem-jahanyň öz-özünden döremändigini näme görkezýär?

6 Hudaý mukaddes ruhy arkaly ähli zatlary owadan we ýerbe-ýer edip ýaratdy. Muny biziň daş-töweregimizi gurşap alan tebigat subut edýär. Aýdaly, saňa içine dürli reňkli top salnan guty berdiler. Sen gutyny iki ýana silkeläp, toplary garyşdyrýarsyň. Soňra onuň içindäki toplary ýere dökýärsiň. Eýsem, olar öz-özünden reňkine görä toparlara bölünermi? Gök toplar bir aýry, sary toplar bir aýry durarmy? Elbetde, bu bolup bilmejek zat! Gözegçiligiň ýok ýerinde tertip-düzgün hem bolmaýar. Muňa tebigatyň esasy kanuny diýilýärb.

7 Biz asmana seretsek ýa-da teleskop arkaly oňa syn etsek näme göreris? Biz sazlaşykly we belli bir tertipde hereket edýän ägirt uly galaktikalary, ýyldyzlary hem planetalary göreris. Oňa öz-özünden dörän zat diýip bolmaz ýa-da ol planlaşdyrylmadyk we gözegçilik edilmedik işiň netijesi däldir. Şol sebäpli biz özümize şeýle sorag bermeli: «Tertip-düzgünli älem-jahany ýaratmak üçin nähili güýç ulanyldy?» Biziň ukybymyz çäkli bolandygy üçin, bu güýji ylmy barlagyň we tejribe işleriniň esasynda bilip bolmaýar. Emma Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň mukaddes ruhunyň älemde iň uly güýçdügi aýdylýar. Zeburda şeýle diýilýär: «Gökler Rebbiň sözi bilen, ähli gök jisimleri Onuň demi bilen ýaradyldy» (Zeb. 33:6). Biz aýly agşam asmana seretsek, ägirt uly ýyldyzlar toparynyň kiçijik bir bölejigini göreris!

Mukaddes ruh we Ýer şary

8. Biz Ýehowanyň işleri barada näme bilýäris?

8 Biziň tebigat barada bilmeýän zatlarymyz bilýän zatlarymyzdan gaty köp. Muny Eýýup pygamber şeýle beýan etdi: «Bu Onuň işleriniň diňe bir bölejigi. Ol barada bilýänlerimiz bir pyşyrdy!» (Eýýup 26:14). Ýehowanyň ýaradan zatlaryna ünsli syn eden Süleýman patyşa-da şeýle diýdi: «Ol her zady wagtynda owadan edip ýaratdy. Ol adamlaryň ýüregine ebediligi guýsa-da, olar hak Hudaýyň eden işlerine başdan tä aýagyna çenli asla düşünip bilmezler» (Wag. 3:11; 8:17).

9, 10. Hudaý Ýeri ýaradanda nähili güýç ulandy we ýaradylyşyň ilkinji üç gününde nämeler boldy?

9 Emma Ýehowa edýän işleriniň ähli jikme-jikliklerini aýan edýär. Meselem, ençeme asyr mundan öň ýer ýaradylanda Hudaýyň ruhunyň hereket edendigi barada Töwratda aýdylýar (Gelip çykyş 1:2-ni okaň). Şol döwürde tutuş ýer ýüzi suw bilen örtülip, onda ne ýagtylyk bardy, ne-de howa.

10 Töwratda birnäçe ýaradylyş günüň dowamynda Hudaýyň nämeleri ýaradandygy gürrüň berilýär. Ýaradylyş güni 24 sagatlyk güni däl-de, belli bir döwri öz içine alýar. Ýaradylyşyň birinji gününde Ýehowa ýagtylyk ýaratdy. Emma Gün we Aý ýaradylyşyň dördünji gününde ýeriň ýüzünde görnüp başlady (Gel. çyk. 1:3, 14). Ikinji gün howa giňişligi ýaradyldy (Gel. çyk. 1:6). Ýer ýüzünde suw, ýagtylyk we howa bolsa-da, gury ýer heniz ýokdy. Ýaradylyşyň üçünji gününde Ýehowa mukaddes ruhuny ulanyp, okeanlaryň içinde gury ýeri emele getirdi (Gel. çyk. 1:9). Üçünji gün we soňky ýaradylyş günleri başga-da täsin zatlar ýaradyldy.

Mukaddes ruh we janly-jandarlar

11. Çylşyrymly we owadan janly-jandarlar nämäni görkezýär?

11 Hudaý ruhy arkaly janly-jandarlary hem örän täsin tärde ýaratdy. Ýaradylyşyň galan üçünji gününden tä altynjy gününe çenli, Hudaý mukaddes ruhy arkaly dürli ösümlikleri we janly-jandarlary ýaratdy (Gel. çyk. 1:11, 20—25). Şeýlelikde, çylşyrymly we owadan janly-jandarlaryň ýokary derejede ýaradylandygyny görse bolýar.

12. a) DNK näme edýär? b) DNK-nyň durnukly işlemeginden näme öwrenýäris?

12 Geliň, DNK-ny (dezoksiribonuklein kislotasyny) alyp göreliň. Ol janly-jandarlaryň häsiýetini nesilden-nesle geçirýär. Ýer ýüzündäki ähli zatlar: mikrob, gök ot, pil, kit we adam DNK-nyň kömegi bilen köpelýär. Dünýädäki zatlar biri-birinden tapawutlansa-da, olaryň nesilden-nesle geçýän DNK-sy üýtgemeýär we asyrlaryň dowamynda janly-jandarlaryň esasy görnüşleriniň arasyndaky tapawudy saklap gelýär. Ýehowa Hudaýyň niýetine görä, ýer ýüzündäki dürli janly-jandarlar tebigatda hersi öz borjuny ýerine ýetirýär (Zeb. 139:16). Olaryň özara sazlaşykly we belli bir tertipde ýaşamagy ähli zady Hudaýyň «barmagynyň», ýagny mukaddes ruhunyň ýaradandygynyň ýene bir subutnamasydyr.

Ynsanyň ýaradylyşy

13. Hudaý adamy nädip ýaratdy?

13 Milliardlarça ýylyň dowamynda Hudaý sansyz-sajaksyz janly we jansyz zatlary ýaratdy. Indi Ýer şary «şekilsiz boşluk» däldi. Ýöne Ýehowa mukaddes ruhy bilen ýaratmagyny dowam etdi. Ol ýer ýüzündäki ähli ýaradylyşyň bezegi bolan ynsany ýaratmakçydy. Hudaý ony ýaradylyşyň altynjy gününiň soňunda ýaradýar. Ýehowa ynsany nädip ýaratdyka? Hudaý ony mukaddes ruhy arkaly toprakdan ýaratdy (Gel. çyk. 2:7).

14. Adamlaryň beýleki janly-jandarlardan näme tapawudy bar?

14 Gelip çykyş 1:27-de şeýle diýilýär: «Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, olary erkek we aýal edip ýaratdy». Hawa, biz Hudaýyň keşbinde ýaradyldyk, çünki bizde söýgi we erkinlik bar, hatda Ýaradyjymyz bilen dostlaşyp bilýäris. Şoňa görä-de, biziň beýnimiz başga janly-jandarlaryňkydan düýpgöter tapawutlanýar. Biz Ýehowanyň we onuň eden işlerini höwes bilen ebedi öwrenip biler ýaly, Ol ynsan beýnisini täsin tärde ýaradypdyr.

15. Adam ata bilen How enä nähili mümkinçilik berildi?

15 Hudaý Adam ata bilen How enä ýer ýüzüne we ondaky ähli zatlara gözegçilik edip, ondan peýdalanmagy tabşyrdy (Gel. çyk. 1:28). Ýehowa olary Jennetde ýerleşdirip, bol iýmit bilen üpjün etdi. Olara ebedi ýaşamaga we milliardlarça kämil nesliň ata-enesi bolmaga mümkinçilik berdi. Ýöne hemme zat başgaça boldy.

Mukaddes ruhuň ähmiýetine düşünmek

16. Ilkinji ynsan Hudaýa garşy çyksa-da, bizde nähili umyt bar?

16 Adam ata bilen How ene Ýaradyjysyna höwes bilen gulak asmagyň deregine, öz nebsine çapyp, Hudaýa garşy çykdylar. Şondan bäri olaryň bikämil nesilleri ejir çekýär. Ýöne Ýehowa ilkinji ynsanyň eden günäsi sebäpli ýetirilen zyýany aýryp, ilkibaşdaky niýetini amala aşyrjakdygyny Mukaddes Ýazgylarda aýdýar. Ýer ýüzi Jennete öwrülip, onda bagtyýar, sagdyn adamlar ebedi ýaşar (Gel. çyk. 3:15). Şeýle arzyly gelejege iman etmek üçin bize Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi gerek.

17. Biz nähili taglymatlardan gaça durmaly?

17 Biz Ýehowadan mukaddes ruhy dilemeli (Luka 11:13). Bu biziň ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna ynamymyzy has-da berkider. Gynansak-da, şu günler ateizm, ewolýusiýa ýaly toslama we esassyz taglymatlar gitdigiçe artýar. Biz şeýle ýaramaz düşünjelere aldanyp, gorkmaly däl. Mesihçiler şeýle taglymatlara we deň-duşlarynyň ýaramaz täsirine garşy durmaga taýyn bolmaly (Koloseliler 2:8-i okaň).

18. Älemiň we adamzadyň döreýşi baradaky delillere seredenimizde, näme üçin akyldar Ýaradyjyny göz öňünde tutmaly?

18 Ýaradylyşa degişli delilleri tarapgöýlük etmän, dykgatly öwrensek, Mukaddes Ýazgylara we Hudaýa bolan ynamymyz berkär. Köp adamlaryň aýtmagyna görä, älemiň we adamzadyň döreýşi baradaky deliller ylmy taýdan tassyklanmadyk bolsa, olara ynanmaly däl. Eger biz hem şeýle garaýyşda bolsak, onda ähli delilleri dürli tarapdan ölçeşdirip gördük diýip bilmeris. Galyberse-de, biz ençeme zatlaryň sazlaşykly we belli bir tertipde ýaradylandygyna üns bermedigimiz bolar (Eýýup 9:10; Zeb. 104:25). Biz, mesihçiler, ähli zadyň Ýehowanyň paýhasly ýolbaşçylygynda mukaddes ruhuň güýji bilen ýaradylandygyna ynanýarys.

Mukaddes ruh we Hudaýa iman

19. Hudaýyň bardygyny we mukaddes ruhuň täsir edýändigini näme subut edýär?

19 Biz ýaradylyş barada ähli zatlary bilmesek-de, Hudaýa iman edip, ony söýüp we sylap bileris. Bu adamlaryň arasyndaky dostluk ýalydyr. Biri bilen dost bolmak üçin, ol barada ähli zady bilmek hökman däl. Ýöne dostlugyň berkemegi üçin, birek-birek bilen ýakyndan tanyşmaly. Şonuň ýaly-da, Hudaý barada näçe köp bilsek, imanymyz şonça-da berkär. Ol biziň dogalarymyza jogap berýär, biz Onuň prinsiplerini durmuşda ulanyp, peýdasyny görýäris. Bu bizi Hudaýyň bardygyna has-da ynandyrýar. Ýehowa bizi goraýar, ädimlerimizi ugrukdyrýar, wagyzda edýän tagallamyza pata berýär we gerekli zatlar bilen üpjün edýär. Bularyň ählisi bizi Ýehowa ýakynlaşdyrýar, Onuň bardygyny we mukaddes ruhuň täsir edýändigini doly subut edýär.

20. a) Hudaý näme üçin älemi we adamlary ýaratdy? b) Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermegiň nähili peýdasy bar?

20 Mukaddes Ýazgylar hem Ýehowanyň mukaddes ruhuny ulanyşynyň aýdyň mysalydyr, çünki ony «Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip» ýazdylar (2 Pet. 1:21). Mukaddes Ýazgylary dykgatly okasak, ähli zady ýaradan Hudaýa imanymyz berkär (Ylh. 4:11). Ýehowanyň mähirli söýgüsi ony ähli zatlary ýaratmaga höweslendirdi (1 Ýahýa 4:8). Şol sebäpli, geliň, güýjümizi gaýgyrman, adamlara gökdäki söýgüli Atamyz we Dostumyz barada gürrüň bereliň. Eger biz Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýersek, ol barada ebedi bilim almaga mümkinçiligimiz bolar (Gal. 5:16, 25). Geliň, Ýehowa we onuň ajaýyp işleri barada hemişe öwreneliň, onuň çäksiz söýgüsine eýereliň, çünki ol mukaddes ruhy arkaly söýgi bilen Gögi, Ýeri, ynsany ýaratdy.

a Işaýa 40:26. Gözüňizi asmana galdyryň we serediň. Olary kim ýaratdy? Goşun kimin ýyldyzlaryň sanyny bilýän we ählisiniň adyny tutup çagyrýan Ýaratdy. Onuň uly güýji we kuwwaty astynda olaryň her biri öz ýerinde dur.

b «Biziň aladamyzy edýän Ýaradyjy barmy?» (rus.) atly kitabyň 24, 25-nji sahypalaryna serediň.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Gögüň we Ýeriň ýaradylyşy Hudaýyň mukaddes ruhy barada näme öwredýär?

• Hudaýyň keşbinde ýaradylandygymyz bize nähili mümkinçilik berýär?

• Biz näme üçin ýaradylyşa degişli delilleri öwrenmeli?

• Biz Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmek üçin näme etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş