Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/12 sah. 17—21
  • «Bu gün siziň üçin ýatlama güni bolar»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Bu gün siziň üçin ýatlama güni bolar»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • YSRAÝYLLYLAR PASHANY NÄME ÜÇIN BELLEÝÄRDILER?
  • REBBIŇ AGŞAM NAHARYNY HAÇAN BELLEMELI?
  • ÝATLAMA GÜNÜNDEN NÄHILI SAPAK EDINÝÄRIS?
  • BIZ NÄMÄNI UNUTMALY DÄL?
  • Pasha näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Pasha baýramy bilen Ýatlama agşamynyň meňzeşligi we tapawudy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Isanyň bellejek soňky Pasha baýramy golaýlaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Hudaýy şöhratlandyrýan Halypamyzyň agşam nahary
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/12 sah. 17—21

«Bu gün siziň üçin ýatlama güni bolar»

«Bu gün siziň üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Maňa bagyşlap, baýram edip bellärsiňiz». MÜS. ÇYK. 12:14

DÜŞÜNDIRIP BILERMISIŇIZ?

Ysraýyllylar Müsürde Pasha baýramyna taýýarlyk görmek we ony bellemek üçin näme etmelidiler?

Isa we resullary soňky Pashany haçan bellediler, soňra şol güni näme boldy?

Biz Pasha baýramyndan we Müsürden çykyş kitabyndan nähili wajyp zatlary öwrenýäris?

1, 2. Haýsy baýramçylyk mesihçileri gyzyklandyrmaly we näme üçin?

SIZ haýsy güni iň wajyp gün hasaplaýarsyňyz? Durmuş guran adamlar: «Biziň toý tutan günümiz» diýmekleri mümkin. Käbir adamlar bolsa, öz ýurdunyň garaşsyzlyk alan gününi wajyp hasaplaýandyrlar. Ýöne siz takmynan 3 müň 500 ýyl mundan öň bolan milli baýramçylyk barada eşidipmidiňiz?

2 Oňa Pasha baýramy diýilýärdi. Şonda gadymy ysraýyl halky Müsür gulçulygyndan azat bolupdy. Ol siziň üçin hem wajyp gün bolmaly. Näme üçin? Sebäbi Pasha siziň durmuşyňyzyň örän wajyp taraplaryna täsir edýär. Emma siz: «Pashany ýehudylar belleýär, men bolsa mesihçi. Men näme üçin Pasha baýramy bilen gyzyklanmaly?» diýip pikir edýänsiňiz. Munuň jogabyny şu aýatdaky çuň manyly sözlerden tapyp bileris: «Biziň Pashalyk guzymyz Mesih-de gurban edilendir» (1 Kor. 5:7). Bu wajyp hakykata düşünmek üçin, geliň, ýehudylaryň Pasha baýramy barada köpräk bileliň we onuň mesihçilere berlen tabşyryk bilen näme baglanyşygynyň bardygyna seredeliň.

YSRAÝYLLYLAR PASHANY NÄME ÜÇIN BELLEÝÄRDILER?

3, 4. Ilkinji Pashanyň öň ýanynda nähili wakalar bolup geçdi?

3 Bütin dünýäde ýaşaýan 100 millionlarça adamlar ýehudy bolmasalar-da, Pasha baýramy barada käbir zatlary bilýärler. Belki-de, olar bu barada Mukaddes Ýazgylaryň Müsürden çykyş kitabyndan okandyrlar, kimdir birinden eşidendirler ýa-da ol hakda film görendirler.

4 Ýehowa ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan çykarmak üçin, Musany we onuň dogany Haruny fyrownyň ýanyna iberýär. Müsüriň tekepbir hökümdary ysraýyllylary ýurduna goýbermeýär. Şonda Ýehowa müsürlileriň başyna on jeza inderýär. Hudaý onunjy jezany iberende müsürlileriň nowbaharlary, şol sanda fyrownyň ogly-da ölýär (Müs. çyk. 1:11; 3:9, 10; 5:1, 2; 11:1, 5).

5. Ysraýyllylar azatlyga çykmak üçin näme etmelidiler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Ysraýyllylar azatlyga çykmak üçin belli bir görkezmä eýermelidiler. B. e. öň 1513-nji ýylyň bahar, ýagny ýewreýleriň Abyp (soňra Nisan diýip atlandyrylan) aýydy. Hudaý ysraýyllylary gün ýaşandan soň 14-nji nisanda edilmeli işlere aýyň onundan taýýarlap başlady. Näme üçin muny gün ýaşandan soň etmelidi? Sebäbi ýewreýlerde günüň ýaşmagy bilen täze gün başlanýardy. 14-nji nisanda her maşgala tokly ýa-da çebişi soýup, onuň ganyny öýleriniň gapylarynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalmalydylar (Müs. çyk. 12:3—7, 22, 23). Olar guzynyň etini gowrup, ony hamyrmaýasyz çörek hem-de otlar bilen iýmelidiler. Soňra Hudaýyň perişdesi aýlanyp, müsürlileriň nowbaharlaryny öldürmelidi, gulak asan ysraýyllylaryň nowbaharlary bolsa, halas bolmalydy. Şondan soň olar azatlyga çykmalydylar (Müs. çyk. 12:8—13, 29—32).

6. Ysraýyllylar näme üçin her ýyl Pashany bellemelidiler?

6 Ysraýyllylar Hudaýyň Müsürden azatlyga çykaran gününi ýatda saklamalydylar. Hudaý olara şeýle diýdi: «Bu gün siziň üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Maňa bagyşlap, baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz». 14-nji nisandan soň, ýedi gün dowam edýän Petir baýramy bellenilýärdi. Aslynda, Pasha baýramy 14-nji nisanda bellenilse-de, sekiz günüň hemmesi Pasha baýramy diýlip atlandyryldy (Müs. çyk. 12:14—17; Luka 22:1; Ýahýa 18:28; 19:14). Bu ysraýyllylaryň her ýyl bellemeli baýramçylyklarynyň biridi (2 Ýyl. 8:13).

7. Isa soňky Pashany belländen soňra nämäni girizdi?

7 Ýehudylar Musanyň kanunyna görä ýaşaýardylar. Şol sebäpli Isa we onuň resullary Pashany belleýärdiler (Mat. 26:17—19). Isa iň soňky Pashany bellände, her ýyl bellemeli täze däbi girizdi. Oňa Rebbiň Agşam nahary diýilýär. Ýöne olar muny haçan bellediler?

REBBIŇ AGŞAM NAHARYNY HAÇAN BELLEMELI?

8. Pasha we Rebbiň Agşam nahary babatda nähili sorag ýüze çykýar?

8 Isa resullary bilen soňky Pashany baýram edenden soňra, olara Rebbiň Agşam naharyny bellemek babatda görkezme berdi. Şeýlelikde, bu iki baýramçylyk bir güne düşdi. Belki-de, siz ýehudylaryň Pasha baýramyny başga güni belleýändigine, ýagny Isanyň ölüminiň ýatlanýan gününden tapawutlanýandygyna üns berensiňiz. Olar näme üçin gabat gelmeýär? Bu soraga Hudaýyň ysraýyllylara beren tabşyrygy jogap berýär. Musa «bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer» diýende, ony 14-nji nisanda etmelidigini aýdypdy (Müsürden çykyş 12:5, 6-njy aýatlary okaň)a.

9. Müsürden çykyş 12:6-a görä, Pashalyk guzyny haçan öldürmelidi? («Günüň haýsy ýarymynda?» diýen çarçuwa serediň).

9 Müsürden çykyş 12:6-a görä, guzyny «gije» öldürmelidi. Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde, şol sanda ýewreýleriň «Tanah» kitabynda bu söz «alagaraňky» diýlip hem terjime edilýär. Şeýlelikde, guzyny gün ýaşandan soň, ýöne heniz doly garaňky düşmänkä, ýagny 14-nji nisan güni başlan mahaly öldürmelidi.

10. Käbirleriniň aýtmagyna görä, Pashalyk guzy haçan öldürilýärdi we nähili sorag ýüze çykýar?

10 Wagtyň geçmegi bilen, guzulary öldürmek üçin, olary ybadathana getiripdirler. Muňa bolsa köp wagt gerek bolupdyr. Şol sebäpli ýüzlerçe ýyl geçenden soňra, käbir ýehudylar Müsürden çykyş 12:6-daky berlen görkezmäni 14-nji nisan gününiň ahyrynda ýerine ýetirmelidir öýdüpdirler. Eger şeýle bolsa, onda Pashalyk guzyny haçan iýmelidi? Professor Jonatan Klawans şeýle ýazdy: «Günüň ýaşmagy bilen täze gün başlanýardy. Müsürden çykyş kitabynda anyk senesi görkezilmese-de, 14-i güni gurbanlyk getirýärdiler, ýöne Pashalyk naharyny 15-nji nisanda iýýärdiler. Hatda ruhanylaryň kitabynda hem ybadathana weýran edilmezinden öň (b. e. 70-nji ýyly) Pashany nädip belländikleri barada hiç zat aýdylmaýar». (Biziň kursiwimiz).

11. a) B. e. 33-nji ýylynda Pasha güni Isa nämeleri başdan geçirdi? b) B. e. 33-nji ýylynyň 15-nji nisany näme üçin «uly» Sabat güni diýlip atlandyryldy? (Çykgyda serediň).

11 Onda b. e. 33-nji ýylynda Pasha haçan bellenildi? Pashanyň öň ýanynda, ýagny 13-nji nisanda «Pasha gurbanynyň kesilmeli güni» Isa Mesih Ýahýa bilen Petrusa: «Gidiň-de, Pashany iýer ýaly edip biziň üçin taýýarlaň» diýdi (Luka 22:7, 8). Gün ýaşandan soň, ýagny 14-nji nisanda penşenbe güni Pasha naharyny iýmegiň «sagady geldi». Isa resullary bilen ony iýip, soňra Rebbiň Agşam naharyny geçirmegi öwretdi (Luka 22:14, 15). Şol gije Isany tussag edip, oňa höküm çykarýarlar. Ony 14-nji nisan güni gündiz pürse çüýleýärler we ol öýlän ölýär (Ýahýa 19:14). Şeýlelikde, Pashalyk guzynyň öldürilmeli güni «biziň Pashalyk guzymyz Mesih-de gurban edildi» (1 Kor. 5:7; 11:23; Mat. 26:2). Isany şol günüň ahyrynda, ýagny 15-nji nisan başlamanka jaýlaýarlarb (Lew. 23:5—7; Luka 23:54).

ÝATLAMA GÜNÜNDEN NÄHILI SAPAK EDINÝÄRIS?

12, 13. Ysraýyllylaryň çagalary Pasha baýramyna nädip gatnaşýardylar?

12 Geliň, Müsürde bolan ýagdaýa dolanalyň. Musa Hudaýyň halkyna Pasha baýramyny ilkinji gezek bellemegi tabşyranda, onuň «ebedilik» bolmalydygyny aýdypdy. Her ýyl Pasha baýramynda çagalar ata-enelerinden onuň näme üçin bellenýändigi barada soramaklary mümkindi (Müsürden çykyş 12:26, 27-nji aýatlary okaňc; Kan. tag. 6:20—23). Görşümiz ýaly, Pasha baýramy hatda çagalar üçin-de «ýatlama» güni bolmalydy (Müs. çyk. 12:14).

13 Ysraýyllylar çagalarynyň Pashadan wajyp sapak edinmekleri üçin, ol barada gürrüň bermelidiler. Bu nesilden-nesle dowam etmelidi. Meselem, olar Ýehowanyň öz halkyny goraýşy hakda aýdyp bilýärdiler. Bu barada eşiden çagalar Ýehowanyň hakyky we diri Hudaýdygyna hem-de Onuň öz halkynyň aladasyny edýändigine göz ýetirerdiler. Ýehowa muny ysraýyl halkyny halas edip, «müsürlileri öldürende» subut etdi.

14. Mesihçi ata-eneler Pashada bolup geçen wakadan çagalaryna näme öwredip bilerler?

14 Mesihçi ata-eneler, sizden her ýyl çagalaryňyza Pasha barada gürrüň bermek talap edilmeýär. Emma siz olara Pashada bolup geçen wakadan Hudaýyň Öz halkyny goraýandygyny öwredip bilersiňiz. Siz çagalaryňyzyň imanyny berkitmek üçin, Ýehowanyň şu günlerem Öz halkynyň Goraýjysydygyny düşündirýärmisiňiz? (Zeb. 27:11; Iş. 12:2). Muny takal okaýan ýaly däl-de, ýakymly gürrüňdeşlik edip geçirýärmisiňiz? Bu babatda tagalla etseňiz, maşgala agzalaryňyzyň ruhy taýdan ösmegine kömek edersiňiz.

15, 16. Müsürden çykyş kitabynyň 12—15-nji baplaryndan Ýehowa barada nämäni öwrense bolýar?

15 Biz Pashada bolan wakalardan Ýehowanyň Öz halkyny diňe bir goraman, eýsem, halas edendigini hem bilýäris. Ýehowanyň ysraýyllylary Müsürden azatlyga çykarandygy hakynda oýlanyp görüň. Olara bulut we ot sütüni ýol görkezýärdi. Olar Ýehowanyň Gyzyl deňzini ikä bölüp, suw diwarlaryny emele getirişini synladylar. Soňra olar deňziň içi bilen gury ýerden ýöräp başladylar. Olar Gyzyl deňizden geçip halas bolanda, Müsür goşunynyň suwa gark bolandygyny gördüler. Ysraýyllylar halas bolup, Ýehowa şeýle nagma aýtdylar: «Men Rebbe nagma aýdaryn... Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy. Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň halasgärim boldy» (Müs. çyk. 13:14, 21, 22; 15:1, 2; Zeb. 136:11—15).

16 Ata-eneler, siz çagalaryňyza Halasgär Hudaýymyz Ýehowa bil baglamaga kömek edýärmisiňiz? Olar siziň gürrüňleriňizden we gelýän kararlaryňyzdan Ýehowa iman edýändigiňizi görýärlermi? Siz maşgala okuwyny geçireniňizde, Ýehowanyň Öz halkyny halas edendigini nygtamak üçin Müsürden çykyş kitabynyň 12—15-nji baplaryny okap, olary ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Şeýle-de bu pikiri berkitmek üçin Resullaryň işleri 7:30—36-njy ýa-da Danyýel 3:16—18, 26—28-nji aýatlara seredip bilersiňiz. Hawa, ýaşlaram, gartaşanlaram Ýehowanyň diňe bir geçmişde däl-de, şu günler hem Halasgär Hudaýdygyna ynamly bolmaly. Ol Musanyň döwründäki ýaly, gelejekde-de halkyny halas eder (1 Selanikliler 1:9, 10-njy aýatlary okaň).

BIZ NÄMÄNI UNUTMALY DÄL?

17, 18. Isanyň gany Pashalyk guzynyň ganyndan näme üçin has gymmatly?

17 Biz, mesihçiler Pashany bellemeýäris. Sebäbi bu baýramçylyk Musanyň kanunyna degişlidi. (Rim. 10:4; Kol. 2:13—16). Biz başga bir güni — Hudaýyň Oglunyň ölen gününi wajyp hasaplaýarys. Muňa garamazdan, biz ilkinji gezek Müsürde bellenilen Pasha baýramyndan köp zatlary öwrenip bileris.

18 Ysraýyllylar guzynyň ganyny gapylarynyň ikiýan we üstki söýesine çalyp, nowbaharlaryny halas etdiler. Şu günler biz ne Pasha güni, ne-de başga güni Hudaýa mal gurbanyny hödürleýäris. Emma janymyzy hemişelik halas edýän has gymmatly gurban bar. Pawlus resul «atlary göklerde ýazylan nowbaharlaryň ýygnagy» barada ýazdy. Bu mesh edilen mesihçileriň «sepiliş gany», ýagny Isanyň gany arkaly gökde ebedi ýaşap bilýändigini aňladýar (Ýew. 12:22—24). Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän mesihçiler hem şol gan arkaly halas bolýarlar. Olar hemişe özlerine şu sözleri ýatladyp durmaly: «Üstümize bolelin ýagdyran merhemetiniň baýlygy saýasynda, biz Mesihde Onuň gany arkaly gutulyşa, ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyna eýediris» (Efes. 1:7, 8).

19. Isanyň ölümi Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere bolan ynamymyzy nädip berkidýär?

19 Ysraýyllylar Pashalyk nahary üçin guzyny öldürenlerinde, onuň süňklerini döwmeli däldiler (Müs. çyk. 12:46; San. 9:11, 12). Töleg hökmünde berlen «Hudaýyň Guzusy» barada näme diýse bolar? (Ýahýa 1:29). Ol iki jenaýatçynyň arasynda pürse çüýlendi. Ýehudylar Pilatusdan Isanyň we ýanyndaky iki jenaýatçynyň çaltrak ölmekleri üçin, olaryň süňklerini döwmeklige rugsat soradylar. Sebäbi 15-nji nisan, ýagny goşa Sabat güni gelmänkä, olaryň jesedini pürsden aýyrmalydylar. Şol sebäpli esgerler iki jenaýatçynyň aýaklaryny döwýärler, «ýöne Isanyň ýanyna gelip, eýýäm ölendigini görenlerinde Onuň injiklerini döwmediler» (Ýahýa 19:31—34). Pasha guzusynyň süňkleri ýaly, Isanyň süňkleri hem döwülmedi. Çünki Pasha guzusy b. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisanynda gurban beriljek Isanyň «kölegesidi» (Ýew. 10:1). Galyberse-de, Zebur 34:20-däki sözler ýerine ýetdi. Bu biziň Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere bolan ynamymyzy berkitmeli.

20. Pasha bilen Rebbiň Agşam naharynyň nähili tapawudy bar?

20 Emma Pasha baýramy bilen Rebbiň Agşam nahary biri-birinden tapawutlanýar. Meselem, ysraýyllylar guzynyň etini iýseler-de, onuň ganyny içmändirler. Bu bolsa, Isanyň şägirtlerine beren tabşyrygyndan tapawutlanýardy. Isanyň şägirtleri «Hudaýyň Patyşalygynda» höküm sürmek üçin, onuň bedenini we ganyny aňladýan çörekden hem şerapdan datmalydylar. Bu barada indiki makalada jikme-jik bileris (Mar. 14:22—25).

21. Pasha barada bilmek näme üçin peýdaly?

21 Hawa, Pasha baýramy Hudaýyň halkynyň taryhynda wajyp waka hasaplanýardy we biz ondan köp zatlary öwrenip bileris. Pasha mesihçiler üçin däl-de, ýehudylar üçin «ýatlama güni» bolmalydy. Biz, mesihçiler muny unutmaly däl. Muňa garamazdan, ondan wajyp sapaklary edinmeli, çünki «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamydyr» (2 Tim. 3:16).

[Çykgytlar]

a Müsürden çykyş 12:5 Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz. 6 Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer.

b Gün ýaşandan soň, ýagny 15-nji nisanda Petir baýramy başlanýar. Onuň birinji güni hemişe sabat güni hasaplanýardy. Şol ýyly Petir baýramynyň ilkinji güni adaty sabat (şenbe) gününe gabat geldi. Iki sabat gününiň bir güne düşendigi üçin, ol gün «uly» Sabat güni diýlip atlandyryldy (Ýahýa 19:31, 42).

c Müsürden çykyş 12:26 Çagalaryňyz sizden: „Bu baýram nämäni aňladýar?“ diýip soranlarynda, 27 siz olara: „Bu Rebbiň Pesahynyň gurbanlyk sadakasydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň.

[17-nji sahypadaky surat]

[19-njy sahypadaky çarçuwa]

GÜNÜŇ HAÝSY ÝARYMYNDA?

Ýehudylaryň durmuşyny öwrenýän alymlaryň aýtmagyna görä, ysraýyl maşgalalary guzyny belli bir wagtda: agşamara gurban getirýärdiler. Ol wagt gün ýaşyp, doly garaňky düşýänçä, ýagny sagat 18:00-dan 19:20-ä çenli dowam edýärdi. Bu garaýyş Kanun taglymaty 16:6-da Pasha baradaky ysraýyllylara berlen görkezmä laýyk gelýär. Onda şeýle diýilýär: «(Pasha gurbanyny) Müsürden çykan günüňizdäki wagtda, agşamara Gün ýaşar wagtlary beriň» (Müs. çyk. 30:8; San. 9:3—5, 11).

[20-nji sahypadaky surat]

Siz çagalaryňyza Pasha baýramy barada gürrüň bereniňizde, olara näme öwredip bilersiňiz? (14-nji abzasa serediň)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş