Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr17 Iýun sah. 1—4
  • «Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma
  • Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2017)
  • Sözbaşylar
  • IÝUN 5—11
  • IÝUN 12—18
  • IÝUN 19—25
  • IÝUN 26—IÝUL 2
Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2017)
mwbr17 Iýun sah. 1—4

«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin gollanma

IÝUN 5—11

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 51, 52

it «Midiýa, Madaý» abz. 13, 14

Midiýa we Pars Wawilony weýran edýär. B.e.öň 8 asyrda Işaýa pygamber Wawilona garşy kümşi hiç zatça görmeýän, altyndan lezzet tapmaýan“ we ýaýlary bilen ýaş ýigitleri hem öldürjek midiýalylary galdyrjakdygyny pygamberlik etdi (Iş 13:17—19; 21:2). Bu erde midiýalylar diýlende parslar hem göz öňünde tutulyp biler. Gadymy grek taryhçylary midiýalylara-da, parslara-da midiýalylar diýerdiler. Olaryň kümşi we altyny hiç zatça görmeýändigi olja almakdan Wawilony basyp almak has wajyp bolandygyny görkezýär we hiç hili para ýa-da girew tölegi olary bellän maksadyndan el çekmäge iterip bilmezdi. Parslaryňky ýaly midiýalylaryňam esasy ýaragy ýaýdy. Ýaýlary agaçdandy, käwagt olary bürünç ýa-da mis bilen örtýärdiler (çalýardylar) (Zeb. 18:34 deňeşdiriň). Çuň batmagy üçin ýitilenen ýagýan peýkamlar sebäpli Wawilonyň «ýaş ýigitleri» heläk bolan bolmagy ähtimal (Ýer. 51:11).

Ýermeýa Wawilona topuljaklaryň arasynda “midiýa şalaryny“ agzady (Ýer. 51:11, 28). Olaryň köplük sanda aýdylmagy Kiriň hökümdarlygynda bir ýa-da birnäçe oňa tabyn bolan midiýa şalarynyň bolandygyny görkezýär. Şol döwürler bu adaty zatdy (Ýer. 25:25 deňeşdiriň). Midiýalylaryň, parslaryň, elamlylaryň we başga goňşy taýpalaryň birleşen goşuny Wawilony basyp alanda, “haldeýleriň şalygynyň üstünden patyşa“ edilip Dariý atly midiýaly adam goýuldy. Ony pars patyşasy Kir bellän bolmaly (Dan. 5:31; 9:1).

it «Nabonid» abz. 15

Sene ýazgylaryna görä Wawilonyň ýeňilen gijesi Kiriň goşuny “Wawilona söweşsiz girdi“, ýagny olara uly-bir garşylyk görkezilmedi. Bu-da Ýermeýanyň pygamberligindäki “Wawilonyň güýçli esgerleri söweşmegini goýdular“ diýen sözlerine laýyk gelýär (Ýer 51:30).

it «Wawilon» abz. 16

B. e. öň 539-njy ýylda Wawilonyň taryhynda özgeriş döwri boldy. Şäher öňki şöhratyny ýitirip, gowşap başlady. Ol iki sapar pars patyşasy Dariý 1 Gistaspa garşy gozgalaň turuzypdy. Parslar ikinji gozgalaňy ýatyryp Wawilonyň berkitmelerini ýykdylar. Şäher bölekleýin dikeldilende, Kserks I garşy gozgalaň turuzdy we talandy. Isgender Zülkarneýiniň Wawilony öz paýtagty etmek niýeti bardy, emma b. e. öň 323-nji ýylda ol tarpa-taýyn ölýär. B. e. öň 312-nji ýylda şäheri Nikator eýeleýär. Ol şäher gurluşygynyň esasy bölegini söküp alýar we şol materiallardan Tigr derýasynda täze paýtagyt — Selewkiýany dikeldýär. Irki mesihçileriň döwründe Wawilonda ýehudy jemgyýeti bardy, bu-da Petrus resula hatyndan belli bolşy ýaly, şol şähere barmaga sebäp boldy (1 Pet 5:13). Şäherden tapylan ýazgylara görä b. e. 75-nji ýylynda-da Wawilonda Bela taňrysynyň ybadathanasy bardy (Mukaddes Ýazgylarda Wil). B. e. IV asyrynda bu şäher harabaçylyga öwrüldi. Ahyry ol “üýşmek daşlara“ öwrülip ýer ýüzünde bolmadyga döndi (Ýer. 51:37).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Dag» abz. 10

Hökümetleri aňladýar. Mukaddes Ýazgylarda daglar patyşalyklary ýa-da hökümetleri aňladyp biler (Dan. 2:35, 44, 45; Iş 41:15 deňeş.; Ylh. 17:9—11, 18). Wawilon harby ýörişlerinde beýleki halklaryň ýok bolmagyna iterýärdi, şonuň üçin ol “heläkleýji dag” diýip atlandyryldy (Ýer. 51:24, 25). Bir mezmurda söweşýänlere garşy çykýan Ýehowa barada şeýle diýilýär: ”Sen ýagtylyga geýnensiň, sen wagşy daglardan belentsiň” (Zeb. 76:4). “Wagşy daglar” diýlende zalym patyşalyklary aňlatmagy ähtimal (Nah. 2:11—13). “Meniň dagymy berkitdiň” diýmek bilen Dawut öz patyşalygyny Ýehowanyň beýgeldendigini we berkidendigini aýdýan bolmaly (Zeb. 30:7; 2 Şam. 5:12). Daglaryň Patyşalyklary aňladýandygyny bilmek Ylham 8:8-däki sözleriň manysyna düşünmäge kömek edýär. Ol erde “beýik daga meňzeş bir zadyň ýanyp” durandygy agzalýar. Ýanyp duran dag bilen deňeşdirilmegi hökümdarlyk etmek görňüşleriniň ot ýaly weýran edijidigini görkezýär.

it «Deňiz» abz. 8

Wawilony doldurýan goşunlar. Ýermeýa Wawilona çozjaklary “möwç urýan deňziň gümmürdisine” meňzedýär (Ýer. 50:42). “Deňiz” Wawilona tarap gönükdirilerdiýmek bilen midiýa we pars goşunynyň suw joşmasy ýaly onuň üstüne injekdigini aýdýan bolmaly (Ýer. 51:42; deňeşdiriň Dan. 9:26).

IÝUN 12—18

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝANYŇ AGYSY 1—5

w12 1/6 sah. 14, abz. 3, 4

“Seniň janyň... meň üstüme abanar (egiler, TD)“

Ýermeýanyň daşyndaky adamlar hasrat çekseler-de, ol umytdan dolydy. Ol Hudaýa ýüzlenip: “Seniň janyň [Ýehowaň özi] hökman meni ýatlap meň üstüme abanar“diýdi (Ýerag. 3:20). Ýermeýa muňa hiç şübhelenmeýärdi. Ol Ýehowanyň özüni we toba edýän ysraýyllylary ýatdan çykarmajakdygyna ynamlydy. Gudratygüýçli Hudaý näme ederkä? (Ylh. 15:3)

Ýermeýa ýürekden toba edýänleriň üstüne Ýehowanyň “egiljekdigine“ ynamlydy. Başga terjimede bu aýatda şeýle diýilýär: “Meni ýatlaý we maňa tarap egil“. Bu sözler täsin ýagdaýy suratlandyrýar. “Tutuş ýeriň Beýik Hudaýy“ Ýehowa başgaça aýdanyňda öz gullukçylaryny kemsitmelerden dyndyryp, mähribanlygyny bildirmek üçin egilýär (Zeb. 83:18). Ýermeýa umydynda berkdi we öz ýaraly ýüregi üçin diňe şondan teselli tapýardy. Wepaly pygamber Ýehowanyň öz halkyny azat etmek üçin bellän wagtyna sabyrly garaşmaga taýyndy (Ýerag. 3:21).

w11 15/9 sah. 8, abz. 8

Ýehowa meniň paýymdyr

8 Lewi taýpasy Ýehowany öz paýy hasaplapdyr. Emma käbir lewiler «Ýehowa meniň paýymdyr» diýmek bilen, Hudaýa wepalydygyny we Oňa bil baglaýandygygyny görkezýärdi (Ýerag. 3:24). Mukaddes Ýazgylarda sazanda we aýdymçy bolan bir lewiniň Ýehowany öz paýy hasaplandygy barada aýdylýar. Belki-de, ol Asafdyr ýa-da onuň maşgalasyndan biri bolan bolmagy-da mümkin. Ol Dawut patyşanyň döwründe lewileriň baş aýdymçysy (horuň ýolbaşçysy) bolupdyr (1 Ýyl. 6:31—43). Biz 73-nji mezmurda Asafyň erbet adamlaryň gowy ýaşaýşyna gözi gidendigi barada okaýarys. Ol hatda: «Men, elbetde, biderek ýere ýüregimi sap sakladym, ellerimi günäsizlikde ýuwdum» diýipdir. Asaf Ýehowanyň tabşyran ýumşunyň örän möhümdigini ýatdan çykaran bolmaly. Ol Ýehowanyň öz paýydygyny unudypdyr. Ol tä «Hudaýyň mukaddes mekanyna girýänçä» biynjalyk bolupdyr (Zeb. 73:2, 3, 12, 13, 16, 17).

w07 1/6 sah. 11, abz. 4, 5

Ýeremiýanyň agysy kitabyndan peýdaly pikirler

3:21—26, 28—33. Biz agyr horluklara nädip çydap bileris? Ýeremiýa bize jogap berýär. Biz Ýehowanyň merhemetiniň boldugyny, köp rehimdarlyk edýändigini unutmaly däl. Hatda bize berlen ýaşaýyş hem umytdan düşmezlik üçin ýeterlik sebäpdir. Şoňa görä-de, biz sabyrly bolup, Ýehowanyň berjek gutulyşyna ümsüm, hüňürdisiz garaşmaly. Şeýle-de biz «agzymyzy topraga urmaly», ýagny synaglara kaýyl bolmaly, sebäbi Hudaýyň şeýle zatlara ýol bermegine ýagşy sebäbiň bardygyna düşünýäris.

3:27. Ýaşlyk döwründe kynçylyklara uçrap, üstüňden gülenlerinde imanyň synalýar. Ýöne «adama ýaşlygynda ýük götermek peýdalydyr». Näme üçin? Sebäbi ol ýaşlykda horluk ýüküni götermegi öwrenip, geljekki kynçylyklara taýýarlanýar.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w07 1/6 sah. 9, abz. 4

Ýeremiýanyň agysy kitabyndan peýdaly pikirler

2:17 — Ýehowa Iýerusalim hakda haýsy «sözüni» ýerine ýetirdi? Şu aýat Lewililer 26:17-ä salgylanýan bolsa gerek. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Şonda men ýüzümi size garşy tutaryn, duşmanlaryňyzyň öňünde gyrylarsyňyz. Ýigrenýänler sizi depelär, hiç kim yzyňyzdan kowmasada, siz gaçarsyňyz».

w07 1/6 sah. 11, abz. 1

Ýeremiýanyň agysy kitabyndan peýdaly pikirler

5:7 — Ýehowa adamlary ata-babasynyň ýalňyşy üçin jogapkär hasaplaýarmy? Ýok, Ýehowa adamlara ata-babasynyň günäleri üçin temmi bermeýär. Injilde: «Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer» diýilýär (Rimliler 14:12). Emma ýalňyşlygyň getirýän netijesi soňky nesillere täsir etmegi mümkin. Meselem, gadymy Ysraýylyň butparazlygy sebäpli, soňky döwürde ýaşan hatda wepaly ysraýyllylara dogrulyk ýolundan ýöremek kyn bolýar (Çykyş 20:5).

IÝUN 19—25

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 1—5

w08 15/7 sah. 8, abz. 6, 7

Kynçylyklara garamazdan, öýden-öýe wagyz ediň

6 Ezekiýel kitaby bize batyrgaýlyk bilen geplemäge ýene-de nämäniň kömek edýändiigini görkezýär. Ezekiýel görnüş görýär. Ýehowa oňa iki tarapyna-da ýazylgy, «gynançly aýdymlar, nalyş hem-de agylar» ýazylan düýrlenen kagyzy berýär we ony iýmegi buýrup, şeýle diýýär: «Ynsan ogly, meniň beren düýrlenen kagyz bilen garnyňy doýur we içiňi doldur». Bu görnüş nämäni aňladýardy? Ezekiýel habary wagyz etmek üçin, ony aňyna doly guýmalydy. Bu habar onuň bedeniniň bir bölegi bolup, içki duýgularyna täsir etmelidi. Pygamber şeýle diýýär: «Men ony iýip başladym, ol meniň agzymda bal ýaly süýjüdi». Baly iýeniňde lezzetli bolşy ýaly, Ezekiýele-de Hudaýyň habaryny aç-açan yglan etmek ýaraýardy. Ezekiýel kesir adamlara güýçli habary aýtmaly bolsa-da, ol Ýehowanyň wekili bolmagy we onuň ýumşuny ýerine ýetirmegi uly hormat saýýardy (Ezekiýel 2:8—3:4, 7—9-njy aýatlary okaň).

7 Şu günler Hudaýyň gullukçylary Ezekiýeliň gören görnüşinden wajyp sapak edinip bilerler. Biz hem adamlara güýçli habary aýdýarys. Emma köpüsi onuň ähmiýetine düşünmeýär. Biz wagyz gullugyny hemişe gymmat saýyp we Hudaýyň beren hormatly borjy hökmünde garamak üçin, ruhy taýdan gowy iýmitlenmeli. Biz Mukaddes Ýazgylary ýüzleý we käwagt öwrensek, Hudaýyň Sözüni doly özleşdirip bilmeris. Siz Mukaddes Ýazgylary has gowy we yzygiderli okap, özleşdirip bilermisiňiz? Siz okan zadyňyz barada oýlanmaga köp wagt sarp edip bilermisiňiz? (Zeb. 1:2, 3).

it «Içki organlar»

Içegede iýmit siňdiriş hadysasy bolup geçýär. Bu ýagdaý Ezekiýele berlen görnüşde aň ýa-da ruhy taýdan maglumatyň kabul edilişini görkezmek üçin ulanyldy. Ezekiýel garnyny doýurmak üçin golýazmany iýmeli diýen buýrugy aldy (ýew. meim). Ol golýazmadaky sözleriň üstünde oýlanyp we olary ýatda saklap, ruhy taýdan berkemelidi. Ol şeýle edensoň ruhy taýdan doýdy we adamlara aýtmaly habaryny aldy (Ezek 3:1-6; Ylh 10:8-10).

w07 1/7 sah. 12, abz. 3

Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm

2:9—3:3. «Agy we nalyş» ýazylan hatyň tagamy Ezekiýele näme üçin süýji görünýär? Ezekiýeliň berlen tabşyryga bolan garaýşy hatyň tagamyny süýjedýär. Ol pygamber hökmünde Ýehowa gulluk edýändigine begenýärdi.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w07 1/7 sah. 11, abz. 6

Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.

1:4—28 — Gökdäki araba nämäni aňladýar? Araba Ýehowanyň wepaly perişdelerden ybarat bolan gökdäki guramasyny aňladýar. Ol Ýehowanyň mukaddes ruhunyň güýji arkaly herekete gelýär. Arabany sürýän Ýehowanyň beýikligini söz bilen aýdyp bolmaýar. Onuň parahatlygyny owadan älemgoşar suratlandyrýar.

w07 1/7 sah. 12, abz. 4

Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.

4:1—17 — Iýerusalimiň geljekde gabalyşyny Ezekiýel hakykatdan-da öz durmuşy bilen görkezdimi? Ezekiýeliň odun hökmünde başga zady ulanmagy soramagy we Ýehowanyň rugsat bermegi pygamberiň wakalary hakykatdan-da öz durmuşy bilen görkezendigini bildirýär. Ol on taýpaly patyşalygyň 390 ýyllap, ýagny b. e. öň 997-nji ýyldan, tä b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilýänçä eden günäleri üçin çep tarapynda ýatýar. Soňra Ýahudanyň 40 ýyllap, ýagny b. e. öň 647-nji ýylda Ýeremiýanyň pygamber belleneninden, tä b. e. öň 607-nji ýyl aralygynda eden günäsi üçin sag tarapynda ýatýar. Şol 430 günüň dowamynda Ezekiýel biraz iýmit we suw bilen ýaşap oňýar. Bu Iýerusalimiň gabalan döwründe açlygyň boljakdygyna pygamberlik edýär.

IÝUN 26—IÝUL 2

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 6—10

w16.06 sah. 16, 17

Okyjylaryň sowallary

Ezekiýeliň görnüşindäki ýazuw esbaply we her biriniň elinde gyrýan ýaragy bolan alty adam kimi aňladýar?

Olar Iýerusalimiň weýran edilmegine gatnaşan we Armageddonda Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok edilmegine gatnaşjak perişdelerden ybarat gökdäki goşuny aňladýar. Bu täze düşündirilişe näme üçin dogry diýse bolar?

Ezekiýel Iýerusalimde nejis işleriň ediljekdigi we şäheriň b. e. öň 607-nji ýylda weýran ediljekdigi hakda görnüş görýär. Ol görnüşde «elinde gyrýan ýaragy bolan alty adamy» we «eginbaşy zygyr matadan edilen», guşagynda «ýazuw esbaby» bolan başga bir adamy görýär (Ezek. 8:6—12; 9:2, 3). Hudaý bu adama: «Şäheriň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna bellik et» diýýär. Soňra Ol elinde gyrýan ýaragy bolan adamlara maňlaýynda bellik bolmadyklary öldürmegi tabşyrýar (Ezek. 9:4—7). Biz bu görnüşden näme öwrenýäris? Guşagynda ýazuw esbaby bolan adam kim?

Bu pygamberlik b. e. öň 612-nji ýylda aýdylypdy we şondan bäş ýyl geçensoň, wawilonlylar şäheri derbi-dagyn edende, bu pygamberlik ilkinji gezek ýerine ýetýär. Emma şäher wawilonlylar tarapyndan weýran edilen hem bolsa, olary Ýehowa ulanypdy (Ýer. 25:9, 15—18). Şeýdip, Ýehowa biwepalyk eden halkyna jeza berdi. Emma Hudaý halkynyň ählisini ýok etmeýär. Ol wepaly gullukçylarynyň erbetler bilen bilelikde ýok edilmegine ýol bermedi. Hawa, Ýehowa şäherdäki nejis işlere gatnaşmadyk ýehudylary halas edip, olary söýýändigini görkezdi.

Ezekiýel adamlara «bellik» goýmak işine-de gatnaşmady, şäheriň weýran bolanynam görmedi. Aslynda, bu iş perişdelere tabşyrylypdy. Emma bu pygamberlik bize gökde bolýan zatlary göz öňüne getirmäge kömek edýär. Ýehowa perişdelerine diňe bir zalym adamlary ýok etmegi däl, eýsem, dogry adamlary halas etmegi hem tabşyrdy.

Öňler edebiýatlarymyzda bu pygamberligiň biziň günlerimizde berjaý bolýandygy we guşagynda «ýazuw esbaby» bolan adamyň mesh edilen mesihçileriň galyndysyny aňladýandygy aýdylypdy. Şeýle-de hoş habara seslenen adama şol wagt «bellik» goýulýandyr öýdýärdik. Emma soňky ýyllarda muňa täzeçe düşünip başladyk. Meselem, Matta 25:31—33-nji aýatlarda Isanyň adamlaryň üstünden höküm çykarjakdygy aýdylýar. Agyr muşakgatda olara soňky höküm çykarylar. Şonda Isa halas boljak dogry adamlary (goýunlary) ýygnar, erbetler (geçiler) bolsa ýok ediler.

Geliň, Ezekiýeliň görnüşiniň täzeçe düşündirilişiniň 5 peýdaly tarapyna seredeliň:

1. Iýerusalim weýran edilen döwri Ezekiýel bilen Ýermeýa halka Hudaýyň habaryny duýdurýardy. Işaýa pygamber hem öň şeýle edipdi. Şu günler Ýehowa mesh edilen mesihçileriň kiçi topary arkaly halkyna ruhy iýmiti berýär we beýleki adamlara tizden agyr muşakgatyň başlanjakdygyny duýdurýar. Emma bu duýduryşa ähli «öýdäki hyzmatkärler» hem gatnaşýar (Mat. 24:45—47).

2. Ezekiýel ýaly Hudaýyň häzirki gullukçylary hem halas boljak adamlara bellik goýmaga gatnaşmaýar. Olar perişdeleriň kömegi bilen Ýehowanyň habaryny wagyz edýärler (Ylh. 14:6).

3. Ezekiýeliň döwründäki ýaly şu günlerem hiç bir adamyň maňlaýyna göni manyda bellik goýulmaýar. Onda adamlar göçme manydaky belligi alyp, halas bolmak üçin näme etmeli? Olar hoş habary kabul etmeli, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli, Ýehowa özüni bagyş etmeli we Isanyň doganlaryna wepaly bolmaly (Mat. 25:35—40). Bu zatlary berjaý eden adamlaryň agyr muşakgatda halas bolmaklary üçin göçme manyda bellik goýlar.

4. Şu günler pygamberlikdäki guşagynda «ýazuw esbaby bolan adam» Isa Mesihi aňladýar. Agyr muşakgat başlanda, Isa goýunlary geçilerden saýlar we olara bellik goýar. Şeýdip, olara ýerde ebedi ýaşamaga mümkinçilik berler (Mat. 25:34, 46).

5. Pygamberlikdäki elinde gyrýan ýaragy bolan alty adam Isanyň ýolbaşçylygyndaky gökdäki goşuny aňladýar. Olar tizden erbet adamlary we ähli erbetligi ýok ederler (Ezek. 9:2, 6, 7; Ylh. 19:11—21).

Bu pygamberligiň täzeçe düşündirilişi Ýehowanyň dogry adamlary erbetler bilen bile ýok etmeýändigine ynamymyzy berkidýär (2 Pet. 2:9; 3:9). Şeýle-de şu günler hoş habaryň wagyz etmegiň wajypdygyny ýatladýar. Sebäbi her bir adam dünýäniň soňunyň ýetip gelýändigi baradaky duýduryşy eşitmeli (Mat. 24:14).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w09 15/9 sah. 23, abz. 10

Hudaý gymmatly bilim berýär

10 Gelejege taýýarlyk görmäge bize diňe Ýehowa kömek edip biler, çünki ol tizden näme boljagyny bilýär. Ol adamlaryň gelejegini çözýär (Iş. 46:9, 10). Mukaddes Ýazgylarda: «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr» diýilýär (Sef. 1:14). Şol güni Süleýmanyň tymsallary 11:4-de ýazylan şu sözler berjaý bolar: «Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir; dogrulyk bolsa ölümden halas eder». Ýehowanyň Şeýtanyň dünýäsini höküm etjek güni gelende, Onuň öňünde dogry saýylmak gerekdir. Şol güni puluň hiç hili hümmeti bolmaz. Ezekiýel 7:19-da: «Olar kümüşlerini daşary zyňarlar, altyny hem ýigrenerler» diýilýär. Muny bilmek şu günler paýhasly hereket etmäge kömek eder.

w11 15/4 sah. 26, abz. 14

Hudaýyň ruhunyň görkezýän ýoly bilen ýöräň!

14 Iman, aslynda, Ýehowa Hudaýyň bardygyna berk ynanmagy aňladýar. Eger biz Hudaýyň bardygyna berk ynanmasak, onda aňsatlyk bilen nädogry ýola düşüp bileris. Geliň, häzir geçmişde Hudaýyň halky bilen bolan bir waka seredeliň. Ýehowa Ezekiýel pygambere halkyň edýän ýaramaz işlerini görkezip, şeýle diýdi: «Ynsan ogly, sen Ysraýyl ýaşulularynyň hersiniň garaňkylykda, oýulyp nagyşlanan heýkelleri bilen içki otaglarynda nämeler edýändigini gördüňmi? Olar: “Ýehowa bizi görmeýär, Ýehowa bu ýurdy terk etdi“ diýýärler» (Ezek. 8:12). Siz nämäniň kynçylyk döredýändigine üns berdiňizmi? Olar Ýehowanyň ähli zady görýändigine ynanmaýardylar. Sebäbi olaryň imany ýokdy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş