Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/5 sah. 21
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Ysraýyllar sözünde durmady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Musa bilen Harun batyrgaýdylar
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Musa hasasyny gaýa urýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Musa bilen Harun Faraonyň ýanyna barýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/5 sah. 21

Okyjylaryň sowallary

Ýehowa butparazlygy gadagan edýän bolsa, näme üçin altyn göle ýasan Haruna temmi bermedi?

Müsürden çykyş kitabynda aýdylyşy ýaly, Harun altyn göle ýasap, Hudaýyň butparazlyk baradaky kanunyny bozýar (Müs. çyk. 20:3—5). Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Rebbiň Haruna hem gaty gahary gelipdi. Ol ony-da ýok etmäge taýýardy. Emma men (Musa) şol wagtyň özünde Harun üçin hem towakga etdim» (Kan. tag. 9:19, 20). Musa pygamber «gaty güýçli» dileg edeni üçin Haruna temmi berilmedimi? (Ýakup 5:16). Hawa, Ýehowa Musanyň dogasyny eşidip, Haruna temmi bermeýär, ýöne munuň başga-da iki sebäbi bar.

Birinjiden: Mukaddes Ýazgylardan görnüşi ýaly, Harun hemişe Ýehowa wepaly gulluk edýärdi. Ýehowa ysraýyllylary Müsürden çykarmak üçin, Musany Faraonyň ýanyna iberýär; Haruny bolsa onuň kömekçisi we sözleýjisi edip belleýär (Müs. çyk. 4:10—16). Olaryň ikisi-de Hudaýa gulak asyp, Müsüriň doňýürek patyşasynyň ýanyna ençeme gezek barýarlar. Şeýlelikde, Harun Müsürde-de elmydama Ýehowa wepaly gulluk etdi (Müs. çyk. 4:21).

Geliň, indi Harunyň näme üçin altyn göle ýasandygyny bileliň. Musa kyrk günläp Sina dagynda bolýar. «Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp», Haruny but ýasamaga yrdylar. Harun olaryň gepine gidip, altyn göläniň heýkelini ýasaýar (Müs. çyk. 32:1—6). Ol halkyň täsirine düşen bolmaly. Emma Harunyň şondan soňky eden hereketleri, aslynda, butparazlygy goldamaýandygyny görkezýär. Meselem, Musa butparazlygy ýok etmekçi bolanda, lewi ogullarynyň ählisi, şol sanda Harun hem Ýehowanyň tarapynda berk durýar. Şonda butuň ýasalmagyna sebäp bolan üç müň adam heläk bolýar (Müs. çyk. 32:25—29).

Şondan soň Musa halka ýüzlenip: «Siz agyr günä gazandyňyz» diýýär (Müs. çyk. 32:30). Diýmek, diňe bir Harun günäkär däl eken. Ýehowanyň merhemetini olaryň ählisi, ýagny Harun bilen halk gazandy.

Altyn göleli wakadan soň, Ýehowa Haruny baş ruhany edip belleýär. Hudaý Musa şeýle diýdi: «Haruna ruhany geýimlerini geýdir we ony mesh edip, Maňa bagyş et, şonda ol Maňa ruhany bolup hyzmat edip biler» (Müs. çyk. 40:12, 13). Şeýlelikde, Ýehowa Harunyň ejizligini bagyşlaýar. Aslynda, Harun butparaz pitneçi däl-de, hakyky seždäniň tarapdarydy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş