MUSA PYGAMBERIŇ BIRINJI KITABY
1 Ilkibaşda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy+.
2 Ýer ýüzi şekilsiz we boşdy, çaýkanyp ýatan* suwuň ýüzi+ tüm-garaňkylykdy, Hudaýyň mukaddes ruhy*+ suwuň ýüzünde+ eýläk-beýläk aýlanýardy.
3 Hudaý: «Goý, ýagtylyk bolsun» diýdi. Şeýdip, ýagtylyk peýda boldy+. 4 Hudaý ýagtylygy halady we ony garaňkylykdan aýyrdy. 5 Hudaý ýagtylygy gündiz, garaňkylygy bolsa gije+ diýip atlandyrdy. Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, birinji gün geçdi.
6 Soňra Hudaý: «Goý, suwlaryň arasynda boşluk+ peýda bolsun we suwlar biri-birinden bölünsin»+ diýdi. 7 Şeýle hem boldy. Hudaý boşlugy döredip, onuň aşagyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy+. 8 Hudaý boşlugy asman diýip atlandyrdy. Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, ikinji gün geçdi.
9 Hudaý: «Goý, asmanyň astyndaky suw bir ýere ýygnanyp, gury ýer görünsin»+ diýdi. Şeýle hem boldy. 10 Hudaý oňa ýer+, ýygnanan suwa deňiz*+ diýdi. Hudaý muny halady+. 11 Soňra Hudaý: «Goý, ýer ýüzünde gök ot, her hili* däneli ösümlikler we miweli agaçlar* gögersin» diýdi. Şeýle hem boldy. 12 Ýer ýüzünde her hili* otlar, däneli ösümlikler+ we miweli agaçlar gögerip başlady. Hudaý muny halady. 13 Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, üçünji gün geçdi.
14 Hudaý: «Gündizi gijeden tapawutlandyrmak üçin+, asmanda* şamçyraglar+ peýda bolsun. Olar pasyllary, günleri we ýyllary+ görkezsin. 15 Şamçyraglar asmandan ýer ýüzüne ýagty saçsyn» diýdi. Şeýle hem boldy. 16 Soňra Hudaý iki sany uly şamçyrag döretdi. Olaryň ulusy gündiz ýagty saçmalydy*+, kiçisi bolsa gije ýagty saçmalydy*. Ol ýyldyzlary+ hem döretdi. 17 Hudaý olary ýer ýüzüne ýagtylyk bersin diýip asmanda goýdy. 18 Hudaý şamçyraglary gündizine we gijesine şöhle saçmaklary* üçin, ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmak üçin+ döretdi. Hudaý muny halady. 19 Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, dördünji gün geçdi.
20 Soňra Hudaý: «Goý, suwlar janly-jandarlardan dolsun, zeminiň üstünde, al-asmanda ganatly jandarlar uçsun»+ diýdi. 21 Hudaý ägirt uly deňiz jandarlaryny, suwda ýüzýän her dürli* janly-jandarlary we her hili ganatly jandarlary ýaratdy. Hudaý muny halady. 22 Hudaý olara ak pata berip: «Köpelip, sanyňyzy artdyryň, deňizleri dolduryň+. Goý, ýer ýüzünde ganatly jandarlaram köpelsin» diýdi. 23 Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, bäşinji gün geçdi.
24 Hudaý: «Goý, ýer ýüzünde her dürli* janly-jandarlar, öý haýwanlar, süýrenijiler* we ýabany haýwanlar döresin»+ diýdi. Şeýle hem boldy. 25 Hudaý ýer ýüzünde her dürli* ýabany haýwanlary, öý haýwanlary, süýrenijileri döretdi. Hudaý muny halady.
26 Soňra Hudaý: «Gel, öz keşbimizde+, özümize meňzeş+ ynsan ýaradaly. Goý, olar deňizdäki balyklara, asmanda uçýan jandarlara, öý haýwanlaryna, süýrenijilere, bütin ýer ýüzüne eýeçilik etsinler»+ diýdi. 27 Şeýdip, Hudaý öz keşbinde, özüne meňzeş edip ynsan ýaratdy. Hudaý olary erkek hem aýal edip ýaratdy+. 28 Hudaý olara ak pata berip: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň+ we eýeçilik ediň+. Deňizdäki balyklara, asmanda uçýan jandarlara, ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlara gözegçilik ediň»+ diýdi.
29 Soňra Hudaý: «Bütin ýer ýüzündäki her dürli däneli ösümlikleri we miweli agaçlary size berýärin, olardan iýiň+. 30 Ýerdäki ýabany haýwanlara, asmanda uçýan jandarlara, ýer ýüzünde ýaşaýan janly-jandarlara bolsa gök otlary iýmit edip berýärin»+ diýdi. Şeýle hem boldy.
31 Şondan soň Hudaý ýaradan zatlaryna göz aýlady. Görse, ähli zat juda gowy+. Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, altynjy gün geçdi.
2 Şeýlelikde, gögüň, ýeriň we olardaky bar zadyň* ýaradylyşy tamamlandy+. 2 Ýedinji güne çenli Hudaý işlerini tamamlady. Ol ähli işini dynyp, ýedinji gün dynç alyp başlady+. 3 Hudaý ýedinji güni saýlap*, mukaddes etdi. Sebäbi niýetlän zatlarynyň hemmesini ýaradyp, şol gün dynç alyp başlapdy.
4 Gök bilen ýer ýaradylan mahaly, Ýehowa* Hudaý asman bilen zemini döreden+ güni şeýle wakalar bolupdy.
5 Ýer ýüzünde hiç hili ýandak hem, ösümlik hem gögermändi. Sebäbi Ýehowa Hudaý heniz ýer ýüzüne ýagyş ýagdyrmandy, topraga sereder ýaly ynsan hem ýokdy. 6 Ýöne ýerden bug çykyp, topragy suwarardy.
7 Ýehowa Hudaý toprakdan+ ynsan ýaradyp, burnuna ýaşaýyş demini+ üfledi. Şonda adam diri jan* boldy+. 8 Soňra Ýehowa Hudaý Eremiň gündogarynda bagy-bossanlyk+ döredip, ýaradan ynsanyny+ şol ýere eltdi. 9 Ýehowa Hudaý göze ýakymly we jana şypaly her dürli miweli agaçlary gögertdi. Ol bagyň ortasynda ýaşaýyş agajyny+ we ýagşy-ýamany saýgaryş agajyny+ hem oturtdy.
10 Bagy suwarmak üçin Eremiň içinden bir derýa akyp geçýärdi. Derýa şol ýerden dörde bölünýärdi. 11 Olaryň birinjisiniň ady Pişon; ol altyna baý Hawyla ýurdunyň içinden geçýär. 12 Şol ýurduň altyny diýseň gowy, ol ýerde ýakymly ysly şepbik bilen oniks daşy hem bar. 13 Ikinji derýanyň ady Gihon; ol tutuş Kuş topragyndan akyp geçýär. 14 Üçünji derýanyň ady Hiddekel*+; ol Assiriýadan+ gündogara akýar. Dördünjisiniň ady bolsa Ýewfrat+.
15 Ýehowa Hudaý Erem bagyny bejersin we gözegçilik etsin+ diýip, adamy şol ýere getirdi. 16 Ýehowa Hudaý adama tabşyryk berip: «Bagdaky agaçlaryň hemmesinden arkaýyn iýiber+. 17 Ýöne ýagşy-ýamany saýgaryş agajynyň miwesinden iýme, ondan iýen günüň hökman ölersiň»+ diýdi.
18 Soňra Ýehowa Hudaý: «Adamyň ýeke gezip ýörmegi gowy däl. Oňa goldaw berjek* kömekçi ýaradaýyn»+ diýdi. 19 Ýehowa Hudaý toprakdan ýaradan her dürli ýabany haýwanlaryna, asmanda uçýan jandarlaryna nähili at goýarka diýip, olary adamyň ýanyna getirdi. Adam her bir janly-jandara nähili at goýan bolsa, şol hem onuň ady boldy+. 20 Şeýdip, adam ähli öý haýwanlaryna, asmanda uçýan jandarlara we ýabany haýwanlara at goýdy. Ýöne oňa goldaw berjek kömekçi ýokdy. 21 Şonuň üçin Ýehowa Hudaý adamy agyr uka gidirdi. Uklap ýatyrka, bir gapyrgasyny alyp, ýerini et bilen ýapdy. 22 Ýehowa Hudaý adamdan alan gapyrgasyndan aýal ýaradyp, adamyň ýanyna eltdi+.
23 Şonda adam şeýle diýdi:
«Ine, süňňi süňňümden,
Eti-gany menden.
Alyndy erkekden,
Aýal bolsun ady»+.
24 Şol sebäpli erkek adam ene-atasyny goýup, aýaly bilen biriger* we olar bir beden bolar+. 25 Adam hem, aýaly hem ýalaňaçdy+, ýöne olar utanmaýardylar.
3 Ýehowa Hudaýyň ýaradan ýabany haýwanlarynyň arasynda iň seresaplysy* ýylandy+. Ýylan aýaldan: «Aýtsana, dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hemmesinden iýmäň diýdimi?»+ diýip sorady. 2 Şonda aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwesinden iýip bilýäris+. 3 Diňe bagyň ortasyndaky agaçdan+ iýmeli däl, sebäbi Hudaý: „Ondan iýmäň, eliňizi-de degirmäň, ýogsam ölersiňiz“ diýdi». 4 Ýylan bolsa: «Ýok, ýok, ölmersiňiz+. 5 Aslynda, Hudaý şol agaçdan iýen günüňiz gözüňiziň açyljakdygyny we ýagşy-ýamany saýgaryp, Hudaý ýaly boljakdygyňyzy+ bilýär» diýdi.
6 Şonda agajyň miwesi aýalyň gözüne juda gowy*, ýakymly bolup göründi. Seretdigiçe, seredesi geldi. Şonuň üçin agajyň miwesinden alyp iýdi+. Äri gelende, oňa-da berdi, ol hem iýdi+. 7 Olaryň ikisiniň hem gözi açylyp, ýalaňaçdyklaryna düşündiler. Olar injir agajynyň ýapraklaryny birleşdirip, özlerine ýapynja edindiler*+.
8 Agşamara* olar bagda aýlanyp ýören Ýehowa Hudaýyň sesini eşidip, agaçlaryň arasynda Ýehowa Hudaýdan gizlendiler. 9 Ýehowa Hudaý: «Sen nirede?» diýip, adamy gaýta-gaýta çagyrdy. 10 Ahyrsoňy adam: «Bagda sesiňi eşitdim, ýöne ýalaňaçdygyma utanyp* gizlendim» diýdi. 11 Şonda Hudaý: «Ýalaňaçdygyňy kim aýtdy?+ Iýme diýen agajymdan iýen-ä dälsiň?»+ diýip sorady. 12 Adam hem: «Seniň beren aýalyň agajyň miwesinden berdi, menem iýdim» diýdi. 13 Ýehowa Hudaý aýala: «Näme üçin beýtdiň?» diýdi. Aýalam: «Ýylan meni aldady, menem iýdim»+ diýip jogap berdi.
14 Şonda Ýehowa Hudaý ýylana+: «Eden işiň üçin, sen ähli öý haýwanlaryň we ýabany haýwanlaryň arasynda näletli bolarsyň. Bütin ömrüňe ýerde süýrenip, gum iýersiň. 15 Seniň+ bilen aýalyň+ arasyna, seniň nesliň*+ bilen onuň nesliniň+ arasyna duşmançylyk salaryn+. Ol* seniň kelläňi mynjyradar+, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň»+ diýdi.
16 Aýala bolsa: «Göwreliligiň agyr geçer ýaly ederin, çagalaryňy güýçli agyry bilen dograrsyň. Äriňe ysnyşmak islärsiň*, ol bolsa üstüňden agalyk eder» diýdi.
17 Soňra Hudaý Adam* ata: «Aýalyňy diňläp, iýme diýen+ agajymdan iýeniň üçin, toprak sen sebäpli näletlendi+. Indi hasyl almak üçin azap baryny çekseň-de+, 18 toprakdan tikenek we ýandak gögerer, meýdan otlaryny iýmeli bolarsyň. 19 Toprakdan alyndyň+, topraga dolanýançaň, maňlaý deriňi döküp, çörek iýersiň. Topraksyň, topraga-da öwrülersiň»+ diýdi.
20 Şondan soň Adam ata* aýalyna How ene* diýip at goýdy, sebäbi ol bütin adamzadyň enesi bolmalydy+. 21 Ýehowa Hudaý Adam ata bilen aýalyna deriden uzyn eşik edip berdi+. 22 Soňra Ýehowa Hudaý: «Adam indi biz ýaly ýagşy-ýamany saýgarýar+. Ol ýaşaýyş agajynyň+ hem miwesine el uraýmasyn, ondan iýip, ebedi ýaşaýmasyn» diýdi. 23 Şeýdip, Ýehowa Hudaý olary* Erem bagyndan+ kowdy. Olar toprakdan ýaradylypdy+. Indi şol topragy hem işläp bejermelidiler. 24 Hudaý adamy kowup çykardy-da, ýaşaýyş agajyna barýan ýoly goramak üçin, Erem bagynyň gündogarynda keruplary*+ we aýlanyp duran ýalynly gylyjy goýdy.
4 Adam ata aýaly How enä ýanaşdy we ol göwreli boldy+. How ene Kabyly+ dünýä indirende: «Men Ýehowanyň kömegi bilen ogul dogurdym» diýdi. 2 Soňra ol ýene-de göwreli bolup, Kabylyň inisi Habyly+ dünýä indirdi.
Habyl goýun çopany, Kabyl bolsa daýhan bolup ýetişdi. 3 Aradan birnäçe wagt geçensoň, Kabyl topragyň hasylyndan Ýehowa gurban berdi. 4 Habyl bolsa sürüsinde ilkinji doglan guzularyň+ birnäçesini ýagy bilen gurban berdi. Ýehowa Habyldan hoşal bolup, gurbanlygyny+ kabul etdi. 5 Ýöne Hudaý Kabyldan hoşal bolmady, gurbanyny hem kabul etmedi. Kabylyň muňa gahary gelip, gaşyny çytdy. 6 Ýehowa Kabyla: «Näme beýle gaharlanyp, gaşyňy çytýaň? 7 Eger dogry ýola düşseň, senden hoşal bolmarynmy?* Päliňden gaýtmasaň, günä bosagada garawullap ýatyr. Ol seni penjesine düşürjek bolýar. Ýöne sen ondan üstün çykmalysyň» diýdi.
8 Şondan soň Kabyl inisi Habyla: «Ýör, açyk meýdana gideli» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp öldürdi+. 9 Biraz wagtdan Ýehowa Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diýip sorady. Kabyl: «Bilemok, men näme, onuň garawulymy?» diýdi. 10 Şonda Hudaý: «Edeniň näme? Eşidýäňmi, doganyň gany toprakdan perýat edýär+. 11 Sen gargyşa galdyň. Doganyň ganyna galanyň üçin*+, şu ýerden kowulýaň. 12 Indi näçe azap çekseň-de, toprakdan hasyl almarsyň. Ýer ýüzünde ykmanda hem gaçgak bolup ýaşarsyň» diýdi. 13 Kabyl hem Ýehowa: «Etmişimiň jezasy çekip-çydardan agyr. 14 Meni bärden kowýaň. Indi huzuryňda durup bilmerin. Ýer ýüzünde ykmanda hem gaçgak bolup ýaşaryn. Biri meni göräýse, hökman öldürer» diýdi. 15 Şonda Ýehowa: «Kim Kabyly öldürse, ondan ýedi gezek ar alnar» diýdi.
Hiç kim Kabyly öldürmez ýaly, Ýehowa bir alamat goýdy. 16 Kabyl Ýehowanyň huzuryndan gaýdyp, Erem bagynyň+ gündogaryndaky Nod ýurdunda* mesgen tutdy.
17 Kabyl aýalyna+ ýanaşdy, ol hem göwreli bolup, Idrisi dünýä indirdi. Soňra Kabyl şäher gurup başlady. Ol şähere ogly Idrisiň adyny dakdy. 18 Aradan birnäçe wagt geçensoň, Idrisden Yrat doguldy. Yratyň Mehujaýyl, Mehujaýylyň Metuşaýyl, Metuşaýylyň bolsa Lemek diýen ogly boldy.
19 Lemek iki aýal aldy. Biriniň ady Ada, beýlekisiniňki Zilady. 20 Adanyň Ýabal diýen ogly boldy. Ýabal çadyrda ýaşap, maldarçylyk bilen meşgullanan ilkinji adamdy. 21 Inisiniň ady Ýuwaldy. Ol arfa we tüýdük çalyp başlan ilkinji adamdy. 22 Zila bolsa Tubalkabyly dünýä indirdi. Tubalkabyl misden we demirden her dürli gurallary ýasardy, uýasynyň ady Nagymaýdy. 23 Lemek aýallary Ada bilen Zila bagyşlap şeýle goşgy düzdi:
«Eý Lemegiň aýallary, diňläň!
Sözüme gulak asyň.
Men özümi ýaralany,
Meni uran ýigidi öldürdim.
25 Adam ata ýene-de aýalyna ýanaşdy we ol bir ogul dünýä indirdi. How ene: «Kabylyň elinden ölen Habylyň+ deregine, Hudaý maňa başga bir ogul* berdi*» diýip, adyna Şis*+ dakdy. 26 Şisiň hem ogly boldy. Ol ogluna Enoş+ diýip at goýdy. Şol wagtlar adamlar Ýehowanyň adyny çagyryp başladylar.
5 Adam atanyň ömri* şeýledir. Hudaý Adam atany ýaradanda*, özüne meňzeş+ edip ýaratdy. 2 Hudaý olary erkek hem aýal edip ýaratdy+. Hudaý olary ýaradan güni+ ak pata berip, «ynsan»* diýip at goýdy.
3 Adam ata 130 ýaşyndaka, öz keşbinde, özüne meňzeş ogly boldy. Ol oglunyň adyna Şis+ dakdy. 4 Şis doglandan soň, Adam ata 800 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy. 5 Adam ata 930 ýaşap, dünýäden ötdi+.
6 Şis 105 ýaşyndaka, Enoş+ diýen ogly boldy. 7 Enoş doglandan soň, Şis 807 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy. 8 Şis 912 ýaşap, dünýäden ötdi.
9 Enoş 90 ýaşyndaka, Kenan diýen ogly boldy. 10 Kenan doglandan soň, Enoş 815 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy. 11 Enoş 905 ýaşap, dünýäden ötdi.
12 Kenan 70 ýaşyndaka, Mahalel+ diýen ogly boldy. 13 Mahalel doglandan soň, Kenan 840 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy. 14 Kenan 910 ýaşap, dünýäden ötdi.
15 Mahalel 65 ýaşyndaka, Jaret+ diýen ogly boldy. 16 Jaret doglandan soň, Mahalel 830 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy. 17 Mahalel 895 ýaşap, dünýäden ötdi.
18 Jaret 162 ýaşyndaka, Idris+ diýen ogly boldy. 19 Idris doglandan soň, Jaret 800 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy. 20 Jaret 962 ýaşap, dünýäden ötdi.
21 Idris 65 ýaşyndaka, Metuşelah+ diýen ogly boldy. 22 Metuşelah doglandan soňam, Idris 300 ýyllap hak Hudaýyň* ýolundan ýöredi*. Onuň başga-da ogul-gyzlary boldy. 23 Idris 365 ýyl ýaşady. 24 Idris hemişe hak Hudaýyň ýolundan ýöreýärdi+. Soňra ol ýitip gitdi, sebäbi Hudaý ony alypdy+.
25 Metuşelah 187 ýaşyndaka, Lemek+ diýen ogly boldy. 26 Lemek doglandan soň, Metuşelah 782 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy. 27 Metuşelah 969 ýaşap, dünýäden ötdi.
28 Lemek 182 ýaşyndaka, bir ogly boldy. 29 Lemek: «Ýehowa topragy näletledi+. Ýöne oglum çekýän agyr zähmetimizi ýeňledip, gollarymyza güýç* berer» diýip, adyna Nuh*+ dakdy. 30 Nuh doglandan soň, Lemek 595 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy. 31 Lemek 777 ýaşap, dünýäden ötdi.
32 Nuh 500 ýaşansoň, Sam+, Ham+ we Ýafet+ atly ogullary boldy.
6 Ýer ýüzünde adamlar barha köpelýärdi. Olaryň gyzlary hem boldy. 2 Hak Hudaýyň ogullary*+ ynsan gyzlarynyň owadandygyna üns berip başladylar. Olar göwünlerine ýaran gyzlary aýal edip aldylar. 3 Şonda Ýehowa: «Men* günäli* ynsana çydap ýörmerin+. Goý, ol 120 ýyl ýaşasyn*»+ diýdi.
4 Şol wagtlar hak Hudaýyň ogullary ynsan gyzlary bilen ýaşaşýardy; olaryň ogullary boldy. Şeýdip, ýer ýüzünde pilmahmytlar* döredi. Olar şol döwürde güýçli we meşhur adamlardy.
5 Ýehowa ýer ýüzündäki adamlaryň köp erbetlik edýändigini, ýüregindäki oý-pikirleriniň diňe ýamanlykdygyny+ gördi. 6 Şonda Ýehowa ýer ýüzünde adamlary ýaradanyna gynandy*, ýüregi para-para boldy+. 7 Ýehowa: «Men ýaradan adamlarymy ýer ýüzünden ýok edeýin. Adamlary, öý haýwanlary, süýrenijileri, asmanda uçýan jandarlary-da ýok edeýin, olary ýaradanyma gynanýaryn*» diýdi. 8 Nuh bolsa Ýehowany razy edip ýaşaýardy.
9 Nuhuň ömri şeýledir.
Nuh hudaýhon* adamdy+. Ol döwürdeşlerinden tapawutlylykda, halal ýaşaýardy*. Hak Hudaýyň ýolundan ýöreýärdi*+. 10 Wagtyň geçmegi bilen, Nuhuň Sam, Ham we Ýafet+ atly üç ogly boldy. 11 Ýer ýüzi bolsa hak Hudaýyň öňünde aýylganç ýagdaýdady, zorluk-sütemden dolupdy. 12 Hudaý ýer ýüzüne syn etdi, dünýä elhenç ýagdaýdady+, ynsanlaryň bary ýoldan çykypdy+.
13 Soňra Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin adamzady ýok etmegi ýüregime düwdüm, olardan ýaňa ýer ýüzi zalymlykdan doldy. Şonuň üçin dünýäni ýer bilen ýegsan edip, adamlaryň baryny heläk etjek+. 14 Özüňe serwi agajyndan gämi* ýasa+, içinde otaglar hem bolsun. Gäminiň içine-daşyna gara şepbik*+ çal. 15 Uzynlygy 300 tirsek*, ini 50 tirsek, beýikligi 30 tirsek bolsun. 16 Içine ýagty düşer ýaly, ýokarsynda bir tirsek edip penjire* ýasa. Gämi üç gat bolsun, gapysyny gapdalyndan+ goý.
17 Men bütin dünýäni suw+ aldyryp, ähli janly-jandary* gök astyndan ýok ederin. Ýer ýüzündäki janly-jandarlaryň bary heläk bolar+. 18 Men seniň bilen äht baglaşýaryn. Aýalyňy, ogullaryňy, gelinleriňi al-da, gämä gir+. 19 Janly-jandarlar hem aman galar ýaly, her görnüşinden+ erkek-urkaçy+ edip bir jübütini gämä sal. 20 Asmanda uçýan jandarlaryň, öý haýwanlaryň, süýrenijileriň her görnüşinden bir jübüti ýanyňa gelip, gämä girer. Şeýdip, olar hem halas bolar+. 21 Özüňe-de, haýwanlara-da iýmit bolar ýaly, dürli-dümen zatlary+ ýygnap, gämä sal».
22 Nuh Hudaýyň tabşyran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdi+.
7 Soňra Ýehowa Nuha şeýle diýdi: «Maşgalaň bilen gämä gir. Bu nesliň arasynda senden başga hudaýhon* adam tapmadym+. 2 Halal haýwanlaryň her görnüşinden erkek-urkaçy edip ýedi sanysyny*+, haram haýwanlaryň hersinden erkek-urkaçy edip bir jübütini ýanyňa al. 3 Asmanda uçýan jandarlardan hem erkek-urkaçy edip ýedi sanysyny* al. Olar ýer ýüzünden ýitip gitmesin+. 4 Ýedi günden ýer ýüzüne 40 gije-gündizläp+ ýagyş ýagdyraryn+. Ýaradan ynsanlarymyň, janly-jandarlarymyň baryny ýok ederin»+. 5 Nuh Ýehowanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirdi.
6 Nuh 600 ýaşyndaka, tupan turup, dünýäni suw-sil aldy+. 7 Tupan başlamanka, Nuh aýaly, ogullary, gelinleri bilen gämä girdi+. 8 Her dürli halal-haram haýwanlar, asmanda uçýan jandarlar, ýer ýüzündäki janly-jandarlar+ 9 erkek-urkaçy bolup, Hudaýyň Nuha aýdyşy ýaly, jübüt-jübütden Nuhuň ýanyna gelip, gämä girdiler. 10 Ýedi günden ýer ýüzüni sil aldy.
11 Nuhuň ömrüniň 600-nji ýylynda, ikinji aýyň 17-sine gök gümmeziniň* çeşmeleri böwsülip, asmanyň bentleri açyldy+. 12 Ýer ýüzüne 40 gije-gündizläp güýçli ýagyş ýagdy. 13 Şol gün Nuh aýalyny, ogullary Sam, Ham, Ýafet+ bilen üç gelnini alyp, gämä girdi+. 14 Olaryň ýany bilen her dürli ýabany haýwanlar, öý haýwanlar, süýrenijiler, asmanda uçýan jandarlar, guşlar we başga-da ganatly jandarlar girdi. 15 Ähli janly-jandarlar* jübüt-jübütden Nuh bilen gämä girdiler. 16 Şeýdip, Hudaýyň Nuha tabşyryşy ýaly, her dürli haýwanlaryň erkek-urkaçysy gämä girdi. Soňra Ýehowa gäminiň gapysyny ýapdy.
17 Ýer ýüzüne 40 günläp güýçli ýagyş ýagyp, hemme ýeri suw basdy. Gämi suwuň ýüzi bilen ýokaryk göterilip başlady. 18 Suw köpelip, gitdigiçe ýokary galýardy. Gämi bolsa suwuň ýüzünde ýüzüp ýördi. 19 Suw şeýle bir belende göterildi welin, ýer ýüzündäki iň beýik daglaram suwuň astynda galdy+. 20 Suw daglaryň depesinden 15 tirsek* ýokary galdy.
21 Şeýdip, ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar: asmanda uçýan jandarlar, öý haýwanlar, ýabany haýwanlar, mör-möjekler* we adamlar+ heläk boldy+. 22 Gury ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň* hemmesi öldi+. 23 Hudaý* ähli ynsanlary, haýwanlary, süýrenijileri we asmanda uçýan jandarlary ýer ýüzünden ýok edip taşlady. Olaryň bary heläk boldy+, diňe Nuh we onuň bilen gämä girenler halas boldy+. 24 Bütin ýer ýüzüni 150 günläp suw basyp durdy+.
8 Soňra Hudaý Nuhy we onuň bilen gämä giren ýabany hem-de öý haýwanlary ýadyna saldy+. Hudaý ýer ýüzüne ýel öwüsdirdi welin, suw peselip başlady. 2 Gök gümmeziniň* ähli çeşmeleri we asmanyň bentleri baglandy. Guýup duran ýagyş diňdi+. 3 Suw kem-kemden çekilip başlady, 150 günden suw ep-esli azaldy. 4 Ýedinji aýyň 17-sine gämi Ararat daglaryna gelip durdy. 5 Onunjy aýa çenli suw gitdigiçe azalyp, onunjy aýyň birine daglaryň depesi göründi+.
6 Nuh 40 günden soň gäminiň penjiresini açyp+, 7 bir gargany uçurdy. Ýöne heniz gury ýer ýokdy. Garga uçup gitse-de, aýlanyp-aýlanyp, ýene yzyna gelerdi.
8 Soňra Nuh suwuň çekilenini-çekilmänini biljek bolup, bir kepderini uçurdy. 9 Kepderi gonara ýer tapman, yzyna geldi, sebäbi bütin ýer ýüzüni entegem suw basyp durdy+. Nuh elini çykaryp, kepderini gämä saldy. 10 Ýedi günden kepderini ýene-de uçurdy. 11 Kepderi agşamara yzyna gaýdyp geldi, çüňkünde-de ýaňyja ýolnan zeýtun ýapragy bardy. Şonda Nuh suwuň çekilip ugrandygyna düşündi+. 12 Ol ýene-de ýedi gün garaşyp, kepderini uçurdy. Bu gezek kepderi yzyna gelmedi.
13 Nuhuň ömrüniň 601-nji ýylynda+, birinji aýyň birine suw ýer ýüzünden çekildi. Nuh gäminiň üçegini açyp görse, ýer gurap başlan eken. 14 Ikinji aýyň 27-sine ýer doly gurady.
15 Şonda Hudaý Nuha: 16 «Aýalyň, ogullaryň, gelinleriň bilen gämiden çyk+. 17 Ähli janly-jandarlary+, uçýan jandarlary, süýrenijileri we beýleki haýwanlary-da çykar. Goý, olar köpelip, sany artsyn, ýer ýüzüni doldursyn»+ diýdi.
18 Nuh aýalyny, ogullaryny+, gelinlerini alyp, gämiden çykdy. 19 Ähli janly-jandarlar, süýrenijiler, uçýan jandarlar, ýer ýüzündäki her dürli haýwanlar topar-topar bolup gämiden çykdylar+. 20 Soňra Nuh Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny*+ gurup, halal haýwanlaryň we halal guşlaryň+ birnäçesini ýakma gurbanlygy edip hödürledi+. 21 Ýehowa gurbanlyklaryň ýakymly ysyny halady*. Şonda Ýehowa içinden: «Gaýdyp adam sebäpli, topragy näletlemerin*+. Sebäbi ynsan ýüregi ýaşlygyndan erbetlige ýykgyndyr+. Indi ynsanlary hem haýwanlary hiç haçan beýdip ýok etmerin+. 22 Mundan beýläk ýer ýüzünde ekin-dikiniň, hasylyň, yssy-sowugyň, gyşyň-ýazyň, gije-gündiziň yzy üzülmez»+ diýdi.
9 Hudaý Nuh bilen ogullaryna ak pata berip, şeýle diýdi: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň+. 2 Ýer ýüzündäki haýwanlar, asmanda uçýan jandarlar, süýrenijiler* we deňizdäki balyklar mundan beýlägem sizden çekinip, gorkuda ýaşar. Olary siziň eliňize berýärin+. 3 Ähli janly-jandarlary iýip bilersiňiz+. Gök önümleri berişim ýaly, olary hem iýmit edip berýärin+. 4 Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň+, sebäbi jan* gandadyr+. 5 Onsoňam, adamyň ganyny döken islendik jandardan, adamdan hasap soraryn. Eger bir jandar adamy öldürse, onuň özi-de öldüriler. Biri adam öldürip, doganynyň ganyna galsa-da, öňümde jogap bermeli bolar+. 6 Kimde-kim adam öldürse, onuň özi hem ynsan eli bilen öldüriler+, sebäbi Hudaý adamy öz keşbinde ýaratdy+. 7 Siz bolsa perzent dünýä indirip, köpeliň, bütin ýer ýüzüni dolduryň»+.
8 Soňra Hudaý Nuha we ogullaryna: 9 «Siziň bilen, nesilleriňiz bilen, 10 ýanyňyzdaky janly-jandarlar: guşlar, haýwanlar, ýerdäki her dürli jandarlar, siziň bilen gämiden çykanlaryň ählisi+ bilen äht baglaşýaryn+. 11 Men siziň bilen şeýle äht baglaşýaryn: indi adamlary we haýwanlary hiç haçan suw-sil bilen ýok etmerin. Gaýdyp ýer ýüzüni tupan bilen weýran etmerin»+ diýdi.
12 Hudaý sözüni dowam edip: «Siziň bilen, ýanyňyzdaky janly-jandarlar bilen baglaşýan, nesilden-nesle dowam etjek ähtimiň alamaty şudur: 13 bulutlar arasynda älemgoşar çykararyn. Ol ýer ýüzi bilen baglaşan ähtimiň alamaty bolar. 14 Eger asmana gara bulutlary üýşürsem, hökman älemgoşar çykar. 15 Şonda siz bilen, janly-jandarlar bilen baglaşan ähtimi ýada salaryn. Indi adamlar we haýwanlar hiç wagt tupan bilen ýok edilmez+. 16 Men bulutlar arasynda çykan älemgoşary gören badyma, siz bilen, janly-jandarlar bilen baglaşan ebedilik ähtimi ýada salaryn» diýdi.
17 Hudaý Nuha ýene bir gezek gaýtalap: «Bu siziň bilen, ýer ýüzündäki janly-jandarlar bilen baglaşýan ähtimiň alamatydyr»+ diýdi.
18 Şeýlelikde, Nuh ogullary Sam, Ham we Ýafet+ bilen gämiden çykdy. Soňra Hamyň Kengan+ diýen ogly boldy. 19 Bütin dünýäniň ilaty Nuhuň şol üç oglundan döräp, çar tarapa ýaýrady+.
20 Nuh üzüm ekip, daýhançylyk bilen meşgullanyp başlady. 21 Bir gün ol şerapdan serhoş bolup, çadyrynda ýalaňaç ýatyrdy. 22 Kenganyň kakasy Ham öz kakasynyň ýalaňaçdygyny görüp, daşaryk çykdy-da, iki doganyna aýtdy. 23 Şonda Sam bilen Ýafet ýapynja alyp, hersi bir ujundan tutdy-da, arkanlygyna ýöräp baryp, kakalarynyň üstüni ýapdylar. Ýüzlerini başga tarapa sowup, onuň ýalaňaçdygyny görmediler.
24 Nuh serhoşlykdan açylyp, kiçi oglunyň näme edendigini bilende, 25 şeýle diýdi:
«Kengana nälet bolsun+.
Goý, ol doganlaryna gul bolsun»+.
26 Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
«Samyň Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun!
Goý, Kengan Samyň guly bolsun+.
27 Hudaý Ýafete birgiden mülk bersin,
Goý, ol Samyň çadyrlarynda mesgen tutsun,
Kengan onuňam guly bolsun».
28 Tupandan soň Nuh ýene 350 ýyl ýaşady+. 29 Ol 950 ýaşap, dünýäden ötdi.
10 Nuhuň ogullary Sam+, Ham we Ýafetiň ömri şeýledir.
Tupandan soň olaryň ogullary boldy+. 2 Ýafetiň ogullary: Gomer+, Mäjit+, Madaý, Ýawan, Tubal+, Meşeh+ we Tiras+.
3 Gomeriň ogullary: Aşkenaz+, Rapat we Togarmah+.
4 Ýawanyň ogullary: Alyşah+, Tarşyş+, Kittim+ we Dodanym.
5 Adalarda ýaşaýanlar olaryň neslidi. Olar diline, tiresine hem-de milletine görä bölünip, çar tarapa ýaýradylar.
6 Hamyň ogullary: Kuş, Misraýym+, Put+ we Kengan+.
7 Kuşuň ogullary: Saba+, Hawyla, Sabtan, Raýman+ we Sabteka.
Raýmanyň ogullary: Şeba bilen Dedan.
8 Kuşuň Nemrut diýen ogly hem bardy. Nemrut ýer ýüzünde ilkinji güýçli baştutandy. 9 Ol Ýehowa garşy çykan güýçli awçydy*. Şol sebäpli il arasynda: «Ol-a Ýehowa garşy çykan güýçli awçy Nemrut ýaly eken» diýerdiler. 10 Nemrutyň patyşalyk edip başlan şäherleri şulardyr: Şyngar+ ýurdundaky Wawilon+, Erek+, Akkad we Kalneh. 11 Soňra ol Assiriýa+ gidip, Ninewiýa+, Rehobotyr we Kalah şäherlerini gurdy. 12 Ninewiýa bilen Kalahyň aralygynda bolsa Resen şäherini gurdy. Ol beýik şäherdir*.
13 Misraýym Ludymyň+, Anamimiň, Lehabimiň, Naptohumyň+, 14 Patrusimiň+, Kasluhimiň we Kaptoryň+ atasydy. Kasluhimden piliştliler+ gelip çykdy.
15 Kenganyň uly oglunyň ady Sidon+, kiçisiniňki Hetdi+. 16 Kengandan ýabuslar+, amorlar+, girgaşlar, 17 hiwiler+, arkytlar, sinler, 18 arwatlylar+, zemarlar we hamatlylar+ gelip çykdy. Kengandan gelip çykan tireler dumly-duşa ýaýrady. 19 Kenganlaryň ýaşaýan ýerleri Sidondan tä Gazanyň+ golaýyndaky Gerara+, Laşanyň töweregindäki Sodoma, Gomorra+, Adma we Zeboýyma+ çenli uzalýardy. 20 Bular Hamyň neslidir. Olar tiresine, diline, ýaşaýan ýerine we milletine görä bölünipdi.
21 Ýafetiň inisi* Samyň hem çagalary boldy. Eber+ bilen nesilleri Samdan gelip çykdy. 22 Samyň ogullary: Elam+, Ashur+, Arpahşat+, Lud we Aram+.
23 Aramyň ogullary: Uz, Hul, Geter we Maş.
24 Arpahşat Şelanyň+ atasydy, Şela Eberiň atasydy.
25 Eberiň iki ogly bardy. Olaryň biriniň adyna Pelek*+ goýupdylar, sebäbi onuň döwründe ýer ýüzünde bölünişik döräpdi*, doganynyň ady bolsa Ýoktandy+.
26 Ýoktan Almodatyň, Şelebiň, Hasarmawetiň, Ýerehiň+, 27 Hadoramyň, Uzalyň, Diklanyň, 28 Abalyň, Abymaýylyň, Şebanyň, 29 Oferiň+, Hawylanyň we Ýobabyň atasydy. Olar Ýoktanyň ogullarydy.
30 Olaryň ýaşaýan ýerleri Meşadan tä gündogardaky daglyk ýerlerde ýerleşýän Separa çenli uzalýardy.
31 Bular Samyň neslidir. Olar tiresine, diline, ýaşaýan ýerine we milletine görä bölünipdi+.
32 Bularyň hemmesi Nuhuň ogullarynyň nesli bolup, tiresine we milletine görä sanalýar. Tupandan soň şol milletler bütin ýer ýüzüne ýaýrady+.
11 Şol wagtlar ähli adamlar bir dilde gepleýärdi, ulanýan sözleri-de meňzeşdi. 2 Olar gündogara gidip, Şyngar+ ýurdunda bir jülgäniň üstünden bardylar we şol ýerde ýaşap başladylar. 3 Soňra olar bir-birlerine: «Geliň, kerpiç ýasap, oda tutalyň» diýdiler. Şeýdip, daşa derek kerpiç, palçyga derek gara şepbik* ulanyp başladylar. 4 Olar: «Geliň, bir şäher bilen diň guralyň. Goý, diňiň depesi asmana ýetsin. Şonda at gazanarys, dumly-duşa dargap gitmeris»+ diýişdiler.
5 Ýehowa adamlary synlap, olaryň gurýan şäherini we diňini gördi. 6 Şonda Ýehowa: «Adamlar bir dilde gepleýär+. Şonuň üçin birigip, gör, näme edip ýörler. Olar ýüregine düwen zadyny etmekden gaýtmaz. 7 Biri-birine düşünmez ýaly, gel+, olaryň dilini garyşdyraly» diýdi. 8 Ýehowa olary ýer ýüzüne dargatdy+. Şeýdip, şäheriň gurluşygy kem-kemden durdy. 9 Şol şähere Wawilon*+ diýilýär, sebäbi Ýehowa şol ýerde adamlaryň dilini garyşdyrdy. Şeýdip, Ýehowa olary çar tarapa dargatdy.
10 Samyň+ ömri şeýledir.
Tupandan iki ýyl geçensoň, Sam 100 ýaşyndaka, Arpahşat+ diýen ogly boldy. 11 Arpahşat doglandan soň, Sam 500 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy+.
12 Arpahşat 35 ýaşyndaka, Şela+ diýen ogly boldy. 13 Şela doglandan soň, Arpahşat 403 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
14 Şela 30 ýaşyndaka, Eber+ diýen ogly boldy. 15 Eber doglandan soň, Şela 403 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
16 Eber 34 ýaşyndaka, Pelek+ diýen ogly boldy. 17 Pelek doglandan soň, Eber 430 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
18 Pelek 30 ýaşyndaka, Rehuw+ diýen ogly boldy. 19 Rehuw doglandan soň, Pelek 209 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
20 Rehuw 32 ýaşyndaka, Seruh diýen ogly boldy. 21 Seruh doglandan soň, Rehuw 207 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
22 Seruh 30 ýaşyndaka, Nahur diýen ogly boldy. 23 Nahur doglandan soň, Seruh 200 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
24 Nahur 29 ýaşyndaka, Tarah+ diýen ogly boldy. 25 Tarah doglandan soň, Nahur 119 ýyl ýaşady, onuň başga-da ogul-gyzlary boldy.
26 Tarah 70 ýaşyndaka, Ybram+, Nahur+ we Haran atly ogullary boldy.
27 Tarahyň ömri şeýledir.
Tarah Ybramyň, Nahuryň we Haranyň atasydy. Haranyň Lut+ diýen ogly boldy. 28 Kakasy Tarah heniz dirikä, Haran öz dogduk mekanynda, haldeýleriň+ Ur+ şäherinde aradan çykdy. 29 Ybram bilen Nahur öýlendi. Ybramyň aýalynyň ady Sara+, Nahuryň aýalynyň ady bolsa Milkady+. Milka bilen Iska Haranyň gyzlarydy. 30 Sara önelgesizdi+, çagasy bolmaýardy.
31 Soňra Tarah ogly Ybramy, agtygy Luty*+, gelni Sarany* alyp, haldeýleriň Ur şäherinden çykdy-da, Kengan ýurduna+ gitdi. Emma olar Harana+ ýetip, şol ýerde ýaşap başladylar. 32 Tarah 205 ýaşynda Haranda aradan çykdy.
12 Ýehowa Ybrama şeýle diýdi: «Ýurduňy, dogan-garyndaşlaryňy, ataň hojalygyny goý-da, meniň görkezjek ýurduma git+. 2 Nesliňden ägirt uly millet dörederin, seni ýalkap, at-abraýly ederin. Bütin ýer ýüzüniň halklary sen arkaly bereket alar+. 3 Saňa alkyş aýdanlary ýalkap, saňa garganlary näletlärin+. Ähli milletler seniň üstüň bilen bereket alar»+.
4 Ybram Ýehowanyň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen gitdi. Ybram Harandan çykanda 75 ýaşyndady+. 5 Ybram aýaly Sarany+, doganynyň ogly Luty+, Haranda edinen hyzmatkärlerini we mal-mülküni+ alyp, Kengan ýurduna+ ýola düşdi. Kengana ýetenlerinde, 6 Ybram ýurda aýlanyp, Şekemiň+ golaýynda, Moredäki+ uly agaçlaryň ýanynda düşledi. Şol wagtlar ol ýerde kenganlar ýaşaýardy. 7 Ýehowa Ybrama görnüp: «Şu ýurdy seniň nesliňe+ bererin»+ diýdi. Ybram özüne görnen Ýehowa üçin şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurdy. 8 Birnäçe wagtdan ol Beýteliň+ gündogaryndaky daglara gidip, şol ýerde çadyryny dikdi. Onuň günbatarynda Beýtel, gündogarynda bolsa Aý şäheri+ ýerleşýärdi. Ybram şol ýerde Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurup+, Ýehowanyň adyny çagyryp başlady+. 9 Soňra ol çadyryny sökdi-de, göçüp-gonup, Negebe+ tarap ýoluny dowam etdi.
10 Kenganda açlyk başlandy. Ybram wagtlaýyn Müsüre gidip ýaşajak boldy*+, sebäbi açlyk gaty güýçlüdi+. 11 Müsüre ýetip barýarka, ol aýaly Sara ýüzlenip: «Bilýäňmi, sen owadan aýal+. 12 Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýalydyr“ diýer-de, meni öldürip, seni alyp gider*. 13 Olar meni öldürmez ýaly, maňa doganym diý. Şonda janymy ölümden gutararsyň»+ diýdi.
14 Ybram Müsüre girip-girmänkä, müsürliler onuň aýalynyň owadandygyna üns berdiler. 15 Faraonyň emeldarlary Sarany görüp, gözelligini faraona tarypladylar. Şeýdip, Sarany köşge alyp gaýtdylar. 16 Faraon Sarany gowy görüp, Ybrama goýun, öküz, eşek, düýe, gul-gyrnak berip, sylag-hormat etdi+. 17 Emma Ýehowa Ybramyň aýaly Sara+ sebäpli, faraony we öý-içerisini elhenç kesele uçratdy. 18 Şonda faraon Ybramy çagyryp: «Eden zadyň näme? Sara aýalyň eken-ä! Näme üçin aýtmadyň? 19 Uýam+ diýmäň näme? Men oňa tas öýlenipdim! Aýalyňy al-da, gümüňi çek!» diýdi. 20 Soňra faraon Ybramy we aýalyny ähli zady bilen ýola salyp goýbermegi buýurdy+.
13 Ybram aýalyny we bütin mal-mülküni alyp, Müsürden Negebe+ ýola düşdi. Lut hem ýanyndady. 2 Ybramyň mal-garasy, altyn-kümşi köpdi+. 3 Ol her ýerde düşläp, Negepden Beýtele tarap ýöredi. Şeýlelikde, Beýtel bilen Aý şäheriniň+ aralygynda öňki düşlän ýerine geldi. 4 Ybram öň şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurupdy. Ol ýene-de Ýehowanyň adyny çagyrdy.
5 Ybramyň ýany bilen gaýdan Lutuň hem goýunlary, sygyrlary, çadyrlary bardy. 6 Şonuň üçin olara öri meýdanlary darlyk edip başlady. Mal-garalary gitdigiçe köpelip, bile ýaşar ýaly bolmady. 7 Ybramyň çopanlary bilen Lutuň çopanlary dawalaşyp başlady. Şol wagtlar ýurtda kenganlar bilen perizler ýaşaýardy+. 8 Şonda Ybram Luta+: «Ikimiziň-de, çopanlarymyzyň-da arasynda dawa-jenjel bolmasyn, biz dogan ahyryn. 9 Gel, aýry ýaşaly. Göwnüňe ýaran ýeri saýla. Sen çepe gitseň, men saga gideýin, saga gitseň, çepe gideýin» diýdi. 10 Lut töweregine göz aýlap görse, Iordan topragy+ bilen Sogar+ aralygy Ýehowanyň döreden bagy+ ýaly, Müsür ýurdy ýaly bol suwludy. Şol wagt Ýehowa heniz Sodom bilen Gomorrany ýok etmändi. 11 Lut Iordan topragyny saýlap, gündogara göçdi. Şeýdip, olar aýry ýaşap başladylar. 12 Ybram Kengan ýurdunda galdy, Lut bolsa Iordanyň golaýyndaky şäherleriň töwereginde ýaşady+. Ahyry ol Sodomyň golaýyna göçüp bardy. 13 Sodomyň ilaty erbetdi, Ýehowanyň öňünde agyr günäleri edýärdi+.
14 Lut aýry ýaşap başlandan soň, Ýehowa Ybrama: «Haýyş edýärin, başyňy galdyr-da, töweregiňe* seret. 15 Görýän topragyňy saňa we nesliňe ebedilik mülk edip bererin+. 16 Nesliňi çäge deý köpelderin. Çägäni sanap bolmaýşy ýaly, nesliň hem sansyz-sajaksyz bolar+. 17 Ýurda aýlanyp çyk, ony saňa berjek» diýdi. 18 Şeýlelikde, Ybram göçüp-gonup, çadyrda ýaşaberdi. Biraz wagtdan ol Hebrondaky+ Mamräniň uly agaçlarynyň+ golaýyna göçüp bardy. Şol ýerde ol Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurdy+.
14 Şol günler Şyngarda+ Omrapel, Elasarda Aryýoh, Elamda+ Kedorlamer+, Goýimde bolsa Tidal höküm sürýärdi. 2 Olar jemlenişip, bäş hana garşy, ýagny Sodom+ hany Bera, Gomorra+ hany Birşa, Adma hany Şinaba, Zeboýym+ hany Şembere we Beli, ýagny Sogar hanyna garşy söweşe çykdylar. 3 Hanlaryň hemmesi* goşunlaryny Siddim jülgesine+, ýagny Duz deňziniň*+ golaýyna ýygnady.
4 Hanlaryň bäşisi hem 12 ýyllap Kedorlameriň golastynda bolup, 13-nji ýyl oňa garşy aýaga galypdy. 5 Soňra 14-nji ýyl Kedorlamer ýanyndaky hanlar bilen gelip, Aşterot-karnaýymdaky refaýimleri, Hamdaky suzymlary, Şawe-kirýataýymdaky emimleri+ derbi-dagyn etdi. 6 Olar Segir dagynda+ ýaşaýan horylaryň+ üstüne-de çozup, çöllügiň golaýyndaky Elparanda boýun egdirdiler. 7 Soňra yzlaryna dolanyp, En-mişpata, ýagny Kadeşe+ baryp, amalekleriň+ ýerlerini we Hasason-tamarda+ ýaşaýan amorlary+ basyp aldylar.
8 Şonda Sodom hany ýanyna Gomorranyň, Admanyň, Zeboýymyň, Beliniň, ýagny Sogaryň hanlaryny alyp, Siddim jülgesinde esgerleri bilen nyzama düzüldi. 9 Olar Elam hany Kedorlamere, Goýim hany Tidala, Şyngar hany Omrapele we Elasar+ hany Aryýoha garşy söweşe çykdylar. Şeýdip, dört han bilen bäş han söweşdi. 10 Sodom bilen Gomorra hanlary ýeňlip, esgerleri bilen gaçyp başladylar. Ýöne Siddim jülgesinde gara şepbikli çukurlar kän bolansoň, olaryň köpüsi çukura gaçdy. Galanlary bolsa daglyga tarap gitdi. 11 Ýeňiş gazanan hanlar Sodom we Gomorra şäherleriniň mal-garalaryny, azyklaryny taladylar+. 12 Ybramyň doganynyň ogly Luty hem ähli zady bilen alyp gitdiler. Şol wagt Lut Sodomda+ ýaşap ýördi.
13 Söweşden gaçyp gaýdanlaryň biri gelip, bolan zatlary Ybrama* gürrüň berdi. Şol wagt Ybram amor halkyndan bolan Mamräniň uly agaçlarynyň+ golaýynda çadyrda ýaşaýardy. Mamre Eşkol bilen Aneriň+ agasydy. Olar Ybram bilen gowy gatnaşýardy*. 14 Ybram garyndaşynyň*+ ýesir düşendigini eşidip, öýünde önüp-ösen 318 edermen hyzmatkärini aldy-da, şol hanlary Dana+ çenli kowalady. 15 Gije adamlaryny iki topara bölüp, duşmanyň üstüne çozdy. Olary Damasgyň demirgazygyndaky Hobaha çenli kowalap, derbi-dagyn etdi. 16 Talanan zatlary yzyna alyp, garyndaşy Luty, mal-garasyny, gelin-gyzlary we beýleki adamlary ýesirlikden azat etdi.
17 Kedorlameri we beýleki hanlary ýeňip, yzyna gelýärkä, Ybramy Şawe jülgesinde+, ýagny Şa jülgesinde Sodom hany garşylady. 18 Salam patyşasy+ Mäliksadyk+ hem çörek bilen şerap alyp çykdy. Ol Allatagalanyň*+ ruhanysydy.
19 Mäliksadyk Ybrama ak pata berip, şeýle diýdi:
«Ýalkasyn Ybramy Allatagala,
Ak pata bersin ýeri-gögi Ýaradan!
20 Şöhrat bolsun Allatagala,
Duşmanlaryňy eliňe berdi!»
Ybram alan oljasynyň ondan bir bölegini Mäliksadyga berdi+.
21 Sodom hany bolsa Ybrama: «Maňa adamlarymy berseň bolýar, galan zady özüňe alaý» diýdi. 22 Şonda Ybram: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ýehowanyň öňünde ant içýärin*. 23 „Ybramy men baýatdym“ diýmeziň ýaly, seniň hiç zadyňy, dyrnak ýaly zadyňam* almaryn. 24 Maňa hiç zat gerek däl, ýigitleriň oljadan iýip-içeni ýetikdir. Ýöne ýanymda söweşe giden Aneriň, Eşkolyň we Mamräniň+ paýyny beräý» diýdi.
15 Şondan soň Ýehowa görnüş* arkaly Ybrama: «Gorkma+, Ybram! Men seniň penakäriň*+. Saňa berjek sylagym uludyr»+ diýdi. 2 Ybram hem: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, meni nädip sylaglarsyň? Meniň çagam ýok. Ähli mal-mülküm damaskly hyzmatkärim Alygezere+ galar» diýdi. 3 Ybram sözüni dowam edip: «Maňa perzent+ bermediň. Indi şol hyzmatkärim mirasdüşerim bolar» diýdi. 4 Emma Ýehowa: «Ýok, hyzmatkäriň däl, biliňden önen ogluň mirasdüşeriň bolar»+ diýdi.
5 Hudaý Ybramy daşaryk çykaryp: «Haýyş edýärin, asmana seret! Ýyldyzlary sanap bilersiňmi?» diýdi. Soňra Hudaý: «Nesliň ýyldyzlar deý köp bolar»+ diýdi. 6 Ybram Ýehowa iman etdi+, şonuň üçin hem dogruçyl* adam hasaplandy+. 7 Hudaý sözüni dowam edip: «Men şu ýurdy mülk edip bermek üçin, seni haldeýleriň Ur şäherinden çykaran Ýehowadyryn»+ diýdi. 8 Şonda Ybram: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, şu ýurdy maňa miras berjekdigiňi nädip bileýin?» diýip sorady. 9 Hudaý: «Maňa üçýaşar sygyr, üçýaşar geçi, üçýaşar goç, gumry we kepderi* getir» diýdi. 10 Ybram olary aldy-da, hersini ikä bölüp, bir-biriniň gabadynda goýdy, ýöne guşlary bölmedi. 11 Şonda öldürilen haýwanlaryň üstüne ýyrtyjy guşlar gonup başlady, Ybram bolsa olary kowup durdy.
12 Gün ýaşyp barýarka, Ybramy agyr uky basdy. Düýşünde ony tüm-garaňkylyk gaplady. 13 Soňra Hudaý Ybrama: «Şuny bilip goý: nesliň başga ýurtda gelmişek bolup ýaşar, şol ýeriň halky olary gul edip, 400 ýyl ezer+. 14 Ýöne nesliňi gul eden halka jeza bererin+. Olar şol ýurtdan birgiden baýlyk bilen çykyp gaýdarlar+. 15 Sen bolsa uzak ömür sürersiň, durmuşdan razy bolup, dünýäden ötersiň+. 16 Nesliň dördünji arkasy şu ýurda gaýdyp geler+, sebäbi heniz amorlara etmişleri üçin jeza bermegiň wagty däl»+ diýdi.
17 Gün ýaşyp, garaňky düşende, tüsseläp duran ojak peýda boldy. Şonda ikä bölünip ýatan haýwanlaryň arasyndan lowlap duran ot geçdi. 18 Şol gün Ýehowa Ybram bilen äht baglaşyp+, şeýle diýdi: «Müsür derýasyndan beýik Ýewfrat derýasyna+ çenli aralykdaky ýurdy seniň nesliňe bererin+. 19 Kenleriň+, kenisleriň, kadmonlaryň, 20 hetleriň+, perizleriň+, refaýimleriň+, 21 amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň+ ýurdy seniň nesliňki bolar».
16 Ybramyň aýaly Saranyň çagasy bolmaýardy+. Saranyň Hajar+ atly müsürli gyrnagy bardy. 2 Bir gün Sara Ybrama: «Ýehowa maňa çaga berenok. Gyrnagym bilen ýataý. Belki, ol maňa çaga dogrup berer»+ diýdi. Ybram Saranyň aýdyşy ýaly etdi. 3 Ybramyň Kenganda ýaşap ýörenine on ýyl bolanda, Sara müsürli gyrnagy Hajary Ybrama aýallyga berdi. 4 Ybram Hajara ýanaşdy*, ol hem göwreli boldy. Hajar göwreli bolandan soň, bikesi Sarany äsgermän başlady.
5 Sara Ybrama: «Seret, sen sebäpli ne günlere düşdüm. Gyrnagymy saňa aýallyga berdim, ol bolsa göwreli bolup, meni äsgermän başlady. Muňa sen günäkärmi ýa men, goý, Ýehowa çözsün» diýdi. 6 Ybram bolsa: «Gyrnak seniňki ahyryn, isläniňi et» diýdi. Şondan soň Sara Hajary kemsidip başlady, ol hem gaçyp gitdi.
7 Hajar çölüň içi bilen gitdi. Biraz wagtdan Ýehowanyň perişdesi ony Şura+ barýan ýoldaky çeşmäniň boýundan tapdy. 8 Ol Hajardan: «Saranyň gyrnagy Hajar, nireden gelip, nirä barýaň?» diýip sorady. Hajar: «Bikäm Saradan gaçyp barýaryn» diýip jogap berdi. 9 Ýehowanyň perişdesi: «Bikäň ýanyna dolan-da, aýdany bilen bol» diýdi. 10 Soňra Ýehowanyň perişdesi: «Seniň nesliňi köpelderin, olaryň san-sajagy bolmaz»+ diýdi. 11 Ýehowanyň perişdesi sözüni dowam edip: «Sen göwreli bolupsyň. Bir ogul dograrsyň, adyna Ysmaýyl* dak, sebäbi Ýehowa ahy-nalaňy eşitdi. 12 Ogluň gulan* deý özdiýenli bolup ýetişer. Ol hemmä garşy, hemme-de oňa garşy bolar. Ol doganlarynyň garşysynda ýaşar*» diýdi.
13 Soňra Hajar: «Maňa nazar salan Hudaýy+ gördüm» diýdi. Ol özi bilen gepleşen Ýehowanyň adyna alkyş okap: «Sen ähli zady görýän Hudaýsyň!» diýdi. 14 Şol sebäpli ol ýerdäki guýa Beýer-lahaýroý* diýilýär; ol Kadeş bilen Beretiň aralygynda ýerleşýär. 15 Hajar Ybrama ogul dogrup berdi, Ybram oglunyň adyna Ysmaýyl dakdy+. 16 Hajardan Ysmaýyl doglanda, Ybram 86 ýaşyndady.
17 Ybram 99 ýaşyndaka, Ýehowa oňa görnüp: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Ýolumdan ýöräp, maňa wepaly bol*. 2 Seniň bilen baglaşan ähtimi+ berjaý edip*, nesliňi juda köpelderin»+ diýdi.
3 Şonda Ybram ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. Hudaý sözüni dowam edip, şeýle diýdi: 4 «Seniň bilen äht baglaşdym+. Sen köp milletleriň atasy bolarsyň+. 5 Indi adyň Ybram* däl-de, Ybraýym* bolar, sebäbi seni köp milletleriň atasy ederin. 6 Nesliňi juda köpelderin, senden köp milletler we patyşalar dörär+.
7 Men Hudaýyňyz bolmak üçin, seniň bilen we nesliň bilen äht baglaşdym+. Şol ähtim nesilden-nesle ebedilik dowam eder. 8 Gelmişek bolup ýaşap ýören ýurduňy+, ýagny tutuş Kengany saňa we nesliňe hemişelik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn»+.
9 Soňra Hudaý Ybraýyma: «Sen hem bütin nesliň bilen ähtime wepaly bol. 10 Ikimiziň aramyzda nesilden-nesle dowam etjek ähtim şudur: ähli erkekleriňiz sünnetlensin+. 11 Siz bilen baglaşan ähtimiň alamaty hökmünde sünnetli bolmalysyňyz+. 12 Mundan beýläk her bir erkek göbekli çaga, isle, öýüňizde doglan bolsun, isle-de, nesliňizden däl, başga halkdan satyn alnan gul bolsun, sekiz günlük wagty sünnetlenmelidir+. 13 Öýüňde doglan erkekleriň we satyn alan gullaryň ählisi sünnetlenmelidir+. Bedeniňizdäki şol alamat siziň bilen baglaşan ebedilik ähtimi aňladar. 14 Kimde-kim sünnetlenmese, halkyň arasyndan ýok edilsin*, sebäbi ol ähtimi bozýandyr» diýdi.
15 Soňra Hudaý: «Indi aýalyňa Sara*+ diýme. Onuň ady Bibisara* bolar. 16 Men ony ýalkaryn, ol saňa ogul dogrup berer+. Bibisarany ýalkaryn, ondan milletler we patyşalar* dörär» diýdi. 17 Şonda Ybraýym ýüzüni ýere berip, tagzym etdi-de, içinden+: «Heý-de, 100 ýaşan gojanyň perzendi bolarmy, 90 ýaşly kempir çaga dogrup bilermi?»+ diýip güldi.
18 Ybraýym hak Hudaýa: «Ysmaýyly bir ýalka! Goý, onuň başy dik bolsun!»+ diýdi. 19 Şonda Hudaý: «Aýalyň Bibisara hökman ogul dograr, adyna Yshak*+ dak. Seniň bilen baglaşan ähtim Yshak bilen hem dowam eder. Şol äht oňa-da, nesline-de ebedi bereket getirer+. 20 Ysmaýyl hakda aýdanlaryňy hem eşitdim. Ysmaýyly ýalkap, neslini juda köpelderin we sanyny artdyraryn. Ysmaýyldan 12 tirebaşy dörederin we uly millet ederin+. 21 Ýöne ähtimi Yshakda berjaý ederin+. Indiki ýyl şu wagtlar Bibisaradan Yshak dünýä iner»+ diýdi.
22 Hudaý Ybraýym bilen gepleşip boldy-da, ýanyndan gitdi. 23 Ybraýym şol günüň özünde ogly Ysmaýyly, öý-içerisindäki erkekleri, satyn alan hyzmatkärlerini, öýündäki ähli erkek göbeklileri Hudaýyň aýdyşy ýaly sünnetledi+. 24 Ybraýym sünnetlenende+, 99 ýaşyndady. 25 Ysmaýyl bolsa 13 ýaşyndady+. 26 Ybraýym bilen Ysmaýyl bir günde sünnetlendi. 27 Ybraýymyň öýünde doglan ähli erkekler, başga halkdan satyn alan gullary-da onuň bilen sünnetlendi.
18 Soňra Ýehowa+ Mamredäki uly agaçlaryň+ golaýynda Ybraýyma göründi. Günortanyň jokrama yssysydy. Ybraýym çadyryň agzynda otyrdy. 2 Ol töweregine göz aýlanda, aňyrrakda üç adamy gördi+. Ybraýym dessine ýerinden turdy-da, ylgap olaryň öňünden çykdy. Ol iki bükülip, tagzym etdi-de: 3 «Eý Ýehowa, menden razy bolsaň, haýyş edýärin, meniň myhmanym bol. 4 Aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin+. Agajyň saýasyna geçip, dynjyňyzy alyň. 5 Gapymdan gelipsiňiz. Bir döwüm çörek iýip, güýç toplaň, soň gidersiňiz» diýdi. Olar hem: «Bolýar, goý, seniň diýeniň bolsun» diýdiler.
6 Ybraýym ylgap, çadyra Bibisaranyň ýanyna baryp: «Derrew iň gowy undan üç kersen* hamyr ýugrup, çörek bişir» diýdi. 7 Soňam ylgap gidip, sürüden bir semiz öküzçäni aldy-da, hyzmatkärine berdi. Ol hem dessine malyň damagyny çalyp, nahar bişirdi. 8 Ybraýym ýag, süýt hem-de ýaňky bişirilen eti myhmanlaryň öňüne getirip goýdy. Olar iýip-içip başladylar. Ybraýym hem myhmanlara hyzmat etmek üçin agajyň aşagynda durdy+.
9 Olar Ybraýymdan: «Aýalyň Bibisara+ nirede?» diýip soradylar. Ol: «Çadyrda» diýip jogap berdi. 10 Myhmanlaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar size ýene gelerin. Şonda aýalyň Bibisaranyň ogly bolar»+ diýdi. Şol wagt Bibisara ol adamyň arka tarapyndaky çadyryň agzynda bar gürrüňi diňläp durdy. 11 Ybraýym bilen Bibisaranyň ýaşy bir çene barypdy+. Bibisara çaga dogurmakdan galypdy*+. 12 Şonuň üçin ol gülüp, içinden: «Men-ä bir garry, ärimiň* hem ýaşy bir çene barypdyr. Indi maňa beýle bagt ýetdirermikä?»+ diýdi. 13 Şonda Ýehowa Ybraýyma: «Bibisara näme üçin gülüp: „Garry halyma çaga dogrup bilerinmi?“ diýýär? 14 Heý-de, Ýehowanyň başarmajak zady barmy?!+ Indiki ýyl şu wagtlar size ýene gelerin. Şonda Bibisaranyň ogly bolar» diýdi. 15 Bibisara gorkup: «Men gülmedim» diýip boýun almady. Hudaý bolsa: «Ýok, sen güldüň» diýdi.
16 Soňra myhmanlar ýola düşdi, Ybraýym olary ugratdy. Ep-esli ýöränlerinden soň, ýaňky adamlar Sodoma+ tarap seretdiler. 17 Şonda Ýehowa: «Men etjek bolýan zadymy Ybraýymdan gizlemäýin+. 18 Sebäbi ondan ägirt uly hem güýçli millet dörär, ýer ýüzüniň ähli halklary ol arkaly bereket alar+. 19 Men, Ýehowa, Ybraýyma beren wadalarymy berjaý ederin, sebäbi ony gowy tanaýaryn. Ogullaryna, bütin nesline dogry hem hak işleri etmegi, Ýehowanyň ýolundan ýöremegi öwretjegini-de bilýärin»+ diýdi.
20 Soňra Ýehowa: «Sodom bilen Gomorra şäherleri agyr günälere batdy+. Olara garşy edilýän ahy-nala gulagyma gelip ýetdi+. 21 Gidip, ähli zadyň anygyna ýeteýin. Dogrudanam, olar agyr günä edýärmikä?»+ diýdi.
22 Ýaňky adamlar ol ýerden Sodoma gitdiler. Ýehowa+ bolsa Ybraýymyň ýanynda galdy. 23 Ybraýym onuň golaýyna baryp: «Sen gowy* adamlary erbetler bilen bile ýok edäýjekmi?+ 24 Belki, şäherde 50 sany gowy adam bardyr. Şäheri şonda-da ýok edäýjekmi? Şol 50 gowy adam üçin şähere rehim etmersiňmi? 25 Sen gowy adamy erbet bilen ýok etmersiň-ä! Elbetde, sen hiç haçan gowy adamlara erbetler bilen deň jeza bermersiň!+ Heý-de, ýer ýüzüniň Kazysy adalatsyzlyk edermi?!»+ diýdi. 26 Ýehowa hem: «Sodomda 50 sany gowy adam tapsam, şolar üçin şähere rehim ederin» diýdi. 27 Ybraýym ýene-de: «Ýehowa, öňüňde tozanjyk* ýaly bolsam-da, ýürek edip, seniň bilen gürleşýärin. Senden ýene bir zat soraýyn. 28 Şäherde 50 däl, 45 gowy adam bolsa näme? Şonda-da tutuş şäheri ýok edäýjekmi?» diýdi. Hudaý: «Eger 45 gowy adam tapsam, şäheri ýok etmerin»+ diýdi.
29 Ybraýym ýene-de Hudaýa ýüzlenip: «Belki, şäherde 40 gowy adam bardyr» diýdi. Hudaý: «Şol 40 adam üçin şäheri ýok etmerin» diýdi. 30 Ybraýym sözüni dowam edip: «Ýehowa, ýalbarýaryn, gaharyň gelmesin+, ýene bir zat soraýyn. Şäherde 30 adam bar bolsa näme?» diýdi. Hudaý hem: «Eger 30 sany gowy adam tapsam, şäheri ýok etmerin» diýdi. 31 Ybraýym ýene-de: «Ýehowa, ýürek edip, senden ýene bir zat soramakçy. Şäherde 20 sany adam bar bolsa näme?» diýdi. Hudaý bolsa: «20 adam üçin hem şäheri ýok etmerin» diýdi. 32 Ahyrynda Ybraýym: «Ýehowa, ýalbarýaryn, gaharlanma, ýene bir zat soraýyn. Şäherde 10 adam bar bolsa näme?» diýdi. Şonda Hudaý: «10 adamyň hatyrasyna-da şäheri ýok etmerin» diýdi. 33 Ýehowa Ybraýym bilen gepleşip boldy-da, öz ýoly bilen gitdi+. Ybraýym hem yzyna dolandy.
19 Ýaňky iki perişde agşamara Sodoma bardy. Şol wagt Lut şäher derwezesiniň agzynda otyrdy. Lut olary gören badyna, ýerinden turup, öňlerinden çykdy-da, iki bükülip, tagzym etdi+. 2 Soňam olara: «Agalarym, ýörüň, öýe gideliň, aýagyňyzy ýuwarsyňyz. Bizde ýatyp gidiň, ertir irden ýola düşersiňiz» diýdi. Olar: «Ýok, alada galma, şäheriň meýdançasynda ýatarys» diýdiler. 3 Ýöne Lut ýalbaryp duransoň, olar razylaşdylar. Ol myhmanlar üçin petir* bişirip, uludan saçak ýazdy, olaram iýip içdiler.
4 Ýatjak bolup otyrkalar, Sodomdaky erkekleriň 7 ýaşdan 70 ýaşlysyna çenli Lutuň öýüniň daşyny gabady. 5 Olar Luta: «Agşam öýüňe gelen myhmanlar hany? Daşaryk çykarsana, olar bilen gowuja göwnümizi hoşlaly!*» diýip gygyryşdylar+.
6 Lut daşaryk çykyp, gapyny ýapdy-da: 7 «Doganlar, ýalbarýaryn, beýle azgynlyk etmäň. 8 Ynha, iki sany durmuşa çykmadyk gyzym bar. Şolary getireýin, näme etseňiz ediň. Öýüme* gelen myhmanlara bir degmäň»+ diýdi. 9 Olar bolsa: «Çekilsen-aý! Öz-ä bir gelmişek welin, bize akyl satjak bolýar! Indi seni edişimize bir seret!» diýip, Lutuň üstüne topulyp, gapyny döwjek boldular. 10 Şonda içerdäki adamlar* Luty çekip, öýe saldylar-da, gapyny ýapdylar. 11 Olar gapynyň agzynda duran adamlaryň uludan-kiçä barynyň gözüni gapdylar. Adamlar bolsa gapyny tapjak bolup, iki ýana urundylar.
12 Ýaňky iki adam Luta: «Şäherde başga dogan-garyndaşyň barmy? Giýewleriňi, ogul-gyzlaryňy, garaz, hemme garyndaşlaryňy al-da, şäherden çyk. 13 Biz şäheri weýran etjek bolýarys, şu halka garşy edilýän ahy-nala Ýehowa baryp ýetdi+. Şonuň üçin Ýehowa bizi şäheri weýran etmäge iberdi» diýdiler. 14 Lut gyzlaryna öýlenjek bolýan ýigitleriň* ýanyna baryp: «Hany, boluň, bärden tizräk gideliň, Ýehowa şäheri ýok etjek bolýar» diýdi. Olar bolsa Lut oýun edýändir öýtdüler+.
15 Jahan ýagtylyp ugranda, perişdeler: «Bol çaltrak! Şäherdäki azgyn adamlar bilen heläk bolmaz ýaly, aýalyňy, iki gyzyňy al-da, bärden git!»+ diýip, Luty gyssap başladylar. 16 Ýöne Lut eglendi. Şonda ýaňky adamlar Lutuň, aýalynyň we iki gyzynyň elinden tutup, şäherden çykardylar+. Sebäbi Ýehowa Luta rehim edipdi+. 17 Şäherden çykanlarynda, perişdeleriň biri: «Baryň, gaçyň, janyňyzy halas ediň! Yzyňyza seretmäň+, düzlük* gutarýança, hiç ýerde saklanaýmaň+. Daga gaçyň, ýogsam heläk bolarsyňyz!» diýdi.
18 Lut bolsa: «Ýehowa, ýalbarýaryn, daga gaç diýme! 19 Menden razy bolup, janymy halas etdiň+, uly ýagşylyk etdiň*. Ýöne daga gaçmaýyn, ol ýerde betbagtçylyga uçrap, heläk bolaryn öýdýärin+. 20 Ine şu golaýda kiçiräk şäher bar, şoňa gaçaýyn. Şol ýere gaçyp gizlensem bolmazmy? Ol bir kiçijik şäher-ä» diýdi. 21 Şonda ol: «Bolýar, goý, seniň diýeniň bolsun+. Şol şäheri ýok etmerin+. 22 Ýöne çaltrak gaç, ol ýere barýançaň, men hiç zat edip bilmerin»+ diýdi. Şonuň üçin şol şähere Sogar*+ diýilýär.
23 Gün doganda, Lut Sogara ýetdi. 24 Şonda Ýehowa Sodom we Gomorra şäherlerine ot bilen kükürt ýagdyrdy. Şeýlelikde, Ýehowa gökden ot bilen kükürt indirip+, 25 şol şäherleri, bütin ülkäni*, ilatyndan gök otuna çenli kül edip taşlady+. 26 Lutuň aýaly yzdan ýöräp gelýärdi. Ol yzyna seretdi welin, duz sütünine öwrüldi+.
27 Ybraýym ir bilen turup, Ýehowa bilen gepleşen ýerine gitdi+. 28 Ol Sodom bilen Gomorra we olaryň töweregine seredende, ini tikenekläp gitdi. Şol ýerde ojakdan çykýan ýaly, gara tüsse asmana göterilýärdi+. 29 Hudaý şol ülkedäki şäherleri ýok edende, Ybraýymyň haýyşyny ýatdan çykarmandy. Ol Lutuň ýaşaýan şäherlerini weýran etse-de, Luty halas etdi+.
30 Soňra Lut Sogarda+ ýaşamakdan gorkup, iki gyzy bilen daga gitdi+. Şeýdip, olar gowakda ýaşap başladylar. 31 Uly gyzy kiçisine: «Kakamyz-a garrapdyr. Ulus-iliň edişi ýaly maşgala guraly diýseg-ä, bärde bize öýlenjek adam ýok. 32 Gel, kakamyzy serhoş edip, onuň bilen ýataly. Çagamyz bolar, kakamyzyň hem ady ýitmez» diýdi.
33 Şol gije olar kakalaryna şerap içirip, serhoş etdiler. Uly gyzy baryp, onuň bilen ýatdy, ýöne Lut gyzynyň gelip gidenini hem bilmedi. 34 Ertesi uly gyzy kiçisine: «Geçen agşam-a kakam bilen men ýatdym. Gel, bu gije-de şerap içireli. Senem onuň bilen ýat. Şeýdip, kakamyzyň neslini dowam etdireris» diýdi. 35 Olar şol gije-de kakalaryny serhoş etdiler. Soňra kiçi gyzy baryp, onuň bilen ýatdy, ýöne Lut gyzynyň gelip gidenini hem bilmedi. 36 Şeýlelikde, Lutuň iki gyzam ondan göwreli boldy. 37 Uly gyzy bir ogul dogrup, adyna Mowap+ dakdy. Ondan mowap halky+ döredi. 38 Kiçi gyzynyň-da ogly bolup, adyna Benam dakdy. Ondan ammon halky+ döredi.
20 Ybraýym Negep ýurduna göçüp+, Kadeş+ bilen Şuruň+ aralygynda ýaşap başlady. Ol biraz wagt Gerarda+ hem ýaşady*. 2 Ybraýym şol ýerde-de: «Bibisara meniň uýam»+ diýdi. Şonuň üçin Gerar hany Abymälik Bibisarany köşge getirtdi+. 3 Gije Hudaý Abymäligiň düýşüne girip: «Şol aýaly alandygyň üçin başyň ölümli+, sebäbi onuň äri bar»+ diýdi. 4 Emma Abymälik heniz Bibisara ýanaşmandy*. Şol sebäpli ol: «Eý Ýehowa, sen bigünä adamlary ýok edäýjekmi? 5 Ybraýym: „Ol meniň uýam“ diýdi ahyryn. Bibisaranyň özem: „Ybraýym meniň doganym“ diýdi. Muny ýaman niýet bilen etmedim. Olaryň är-aýaldygyndan habarym ýokdy» diýdi. 6 Şonda hak Hudaý Abymälige: «Erbet niýetiň ýokdugyny bilýärin. Şonuň üçin ol aýala el degirtmedim, ýogsam maňa garşy günä ederdiň. 7 Ybraýymyň aýalyny gaýtaryp ber, sebäbi ol meniň pygamberim+. Ol seniň üçin dileg eder+, sen aman galarsyň. Eger onuň aýalyny gaýtaryp bermeseň, bilip goý, özüň hem, öý-içeriň hem heläk bolar» diýdi.
8 Abymälik ir bilen turup, hyzmatkärlerini ýygnady-da, gören düýşüni gürrüň berdi. Olar muny eşidip, gaty gorkdular. 9 Abymälik Ybraýymy çagyryp: «Bu näme etdigiň?! Meniň we halkymyň başyna betbagtçylyk getirer ýaly, menden näme ýamanlyk gördüň? Beýle etmeli däldiň» diýdi. 10 Soňra ol Ybraýymdan: «Aýtsana, näme üçin beýtdiň? Maksadyň nämedi?»+ diýip sorady. 11 Ybraýym şeýle jogap berdi: «Bärdäki adamlar Hudaýdan gorkmaýar. Olar aýalymy aljak bolup, meni öldürer öýtdüm+. 12 Onsoňam, ol, çyndanam, meniň uýam, ikimiz ene başga dogan. Men oňa öýlendim+. 13 Hudaý maňa kakamyň öýünden çykyp gaýt diýende+, aýalyma: „Nirä barsagam, maňa doganym diý. Şeýtseň, maňa uly ýagşylyk edersiň*“ diýdim»+.
14 Şonda Abymälik Ybraýymyň aýaly Bibisarany yzyna berdi. Ol Ybraýyma goýun, sygyr, gul-gyrnak hem berdi. 15 Abymälik Ybraýyma: «Ynha, tutuş ýurt öňüňde, islän ýeriňde ýaşa» diýdi. 16 Ol Bibisara-da: «Hemmeler seniň päk aýaldygyňy we namysyňa degilmändigini biler ýaly, doganyňa+ 1 000 kümüş teňňe berýärin» diýdi. 17 Ybraýym hak Hudaýa Abymälik üçin dileg etdi. Şondan soň Hudaý Abymäligiň aýalyny we gyrnaklaryny sagaltdy. Olaryň ýene-de çagalary boldy. 18 Ýehowa Ybraýymyň aýaly Bibisara sebäpli, Abymäligiň hojalygyndaky ähli aýallary çaga dogurmaz ýaly edipdi*+.
21 Ýehowa aýdyşy ýaly, Bibisara nazar saldy. Ýehowa oňa beren wadasyny berjaý etdi+. 2 Bibisara göwreli bolup+, garry Ybraýyma ogul dogrup berdi. Çaga edil Hudaýyň aýdan wagtynda dünýä indi+. 3 Ybraýym Bibisaradan bolan oglunyň adyna Yshak+ dakdy. 4 Hudaýyň tabşyryşy ýaly, Ybraýym ogly Yshagy sekiz günlükkä sünnetledi+. 5 Yshak doglanda, Ybraýym 100 ýaşyndady. 6 Bibisara: «Hudaý meni güldürdi. Eşidenlerem meniň bilen gülşer*» diýdi. 7 Soňra ol: «Ybraýymyň aýaly Bibisaranyň çagasy bolar* diýseň kim ynanardy?! Men welin, garry ärime ogul dogrup berdim» diýdi.
8 Çaga ulalyp, süýtden aýryldy. Şol gün Ybraýym uludan toý tutdy. 9 Ybraýymyň müsürli Hajardan+ bolan ogly Ysmaýyl Yshagy+ kemsidýärdi. Muny gören Bibisara 10 Ybraýyma: «Gyrnak bilen ogluny kow. Ogly meniň oglum Yshak bilen mirasdüşer bolmasyn!»+ diýdi. 11 Emma ogly hakda aýdylan zatlar Ybraýyma agyr degdi+. 12 Şonda Hudaý Ybraýyma: «Gyrnagyň we ogluň hakda Bibisaranyň aýdanlaryny göwnüňe alma. Bibisara gulak as, sebäbi saňa wada beren neslim Yshakdan+ dörär. 13 Gyrnakdan bolan ogluňy-da+ uly millet ederin+. Ol hem seniň perzendiň» diýdi.
14 Ybraýym daň bilen turup, Hajara çörek bilen bir meşik suw berdi-de*, ogly ikisini ýola saldy+. Hajar Beýer-şeba çölüniň+ içi bilen ýöräp-ýöräp azaşdy. 15 Meşikdäki suwam gutardy. Şonda ol ogluny ýandagyň aşagynda goýdy-da: 16 «Çagamyň ölümini bir görmäýin» diýip, biraz beýleräge geçip oturdy. Hajar oturan ýerinde ses edip aglap başlady.
17 Soňra Hudaý oglanyň zaryn sesini eşitdi+. Gökden Hudaýyň perişdesi Hajara+: «Näme üçin aglaýaň? Gorkma, Hudaý ogluň ahy-nalasyny eşitdi. 18 Bar, ogluňy aýak üstüne galdyr. Men ondan uly millet dörederin»+ diýdi. 19 Soňra Hudaý Hajara bir guýyny görkezdi. Ol hem meşigi suwdan dolduryp geldi-de, ogluna içirdi. 20 Ysmaýyl ösüp ulalýardy, Hudaý hem ony goldaýardy+. Ol çölde ýaşap, awçy* bolup ýetişdi. 21 Şeýlelikde, Ysmaýyl Paran çölünde+ mesgen tutdy. Ejesi oňa müsürli gyz alyp berdi.
22 Şol wagtlar Abymälik goşunbaşysy Pikal bilen Ybraýymyň ýanyna gelip: «Alla seniň ähli işiňi ugruna edýär+. 23 Sen baglaşan ähtimizi bozmajakdygyňy, maňa, çagalaryma we neslime hiç hili ýamanlyk etmejekdigiňi söz ber. Saňa ýagşylyk edişim* ýaly, maňa we ýaşaýan ýurduňdaky halka ýagşylyk etjekdigiňe Hudaýyň öňünde ant iç»+ diýdi. 24 Ybraýym: «Ant içýärin» diýdi.
25 Abymäligiň hyzmatkärleri Ybraýymyň guýusyny zor bilen elinden alypdy+. Ybraýym şoňa nägiledigini aýtdy. 26 Şonda Abymälik: «Men-ä muny kimiň edenini bilemok. Senem hiç zat aýtmadyň. Şu wagt eşidip otyryn» diýdi. 27 Ybraýym Abymälige ownukly-irili mal berdi we olaryň ikisi äht baglaşdy. 28 Ybraýym ýedi guzyny sürüden aýryp goýdy. 29 Abymälik: «Ýedi guzyny näme üçin aýry goýduň?» diýip sorady. 30 Ybraýym: «Ýedi guzyny saňa berýärin. Olar guýyny meniň gazandygyma subutnama bolsun» diýdi. 31 Ol şol ýere Beýer-şeba*+ diýip at goýdy, sebäbi olaryň ikisem ant içipdi. 32 Şeýdip, olar Beýer-şebada äht baglaşdylar+. Soňra Abymälik goşunbaşysy Pikal bilen ýola düşüp, piliştlileriň+ ýurduna dolandy. 33 Ybraýym bolsa Beýer-şebada ýylgyn ekip, baky Hudaý+ Ýehowany şöhratlandyrdy+. 34 Ybraýym uzak wagtlap piliştlileriň ýurdunda ýaşady+.
22 Soňra hak Hudaý Ybraýymyň imanyny synap+ görjek boldy. Hudaý: «Ybraýym!» diýip çagyrdy. Ol hem: «Guluň diňleýär!» diýdi. 2 Hudaý: «Janyňdan eziz görýän ýalňyz ogluň+ Yshagy+ al-da, Moryýa ýurduna+ git. Görkezjek dagymda ogluňy maňa gurban ber*» diýdi.
3 Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady-da, iki hyzmatkärini we ogly Yshagy alyp, ýola düşdi. Ýakma gurbanlygy üçin odun hem aldy. Şeýdip, olar hak Hudaýyň aýdan ýurduna gitdiler. 4 Üçünji gün diýlende, Ybraýym şol ýeri uzakdan gördi. 5 Ol hyzmatkärlerine: «Eşegi alyň-da, bärde galyň. Oglum ikimiz hol ýere baryp, Hudaýa sežde edip gaýdaly» diýdi.
6 Ybraýym ýakma gurbanlygy üçin alyp gaýdan odunlaryny ogly Yshagyň arkasyna atdy, özi bolsa ot* bilen pyçagy aldy. Şeýdip, olaryň ikisi ýola düşdi. 7 Ýöräp barýarkalar, Yshak: «Kaka!» diýip, Ybraýyma ýüzlendi. Ol hem: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Odun bar, ot bar, ýöne gurbanlyk berere mal ýog-a» diýdi. 8 Ybraýym bolsa: «Ýakma gurbanlygy üçin maly Hudaýyň özi ýetirer+, oglum» diýip jogap berdi. Şeýlelikde, olar ýoluny dowam etdiler.
9 Ahyry olar hak Hudaýyň aýdan ýerine ýetdiler. Ybraýym şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurup, odunlary ördi. Soňra ogly Yshagyň el-aýagyny daňyp, odunlaryň üstünde ýatyrdy+. 10 Ybraýym eline pyçagyny alyp, ogluny öldürjek bolup durka+, 11 gökden Ýehowanyň perişdesi: «Ybraýym, Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym: «Diňleýärin!» diýdi. 12 Perişde: «Ogluňa degme, hiç zat etme. Seniň Hudaýdan gorkýan adamdygyňa doly göz ýetirdim, sebäbi ogluňy, ýalňyz perzendiňi menden gaýgyrmadyň»+ diýdi. 13 Ybraýym başyny galdyranda, aňyrrakda bir goçy gördi. Onuň şahy agaja çolaşan eken. Ybraýym goçy aldy-da, oglunyň deregine ýakma gurbanlygy edip hödürledi. 14 Ybraýym şol ýere Ýehowa-ýire* diýip at goýdy. Şonuň üçin il arasynda: «Ýehowanyň dagynda gerek zadyň berler»+ diýen gürrüň galdy.
15 Ýehowanyň perişdesi gökden ýene-de Ybraýyma ýüzlenip: 16 «Ýehowa şeýle diýýär: „Ogluňy, ýalňyz perzendiňi menden gaýgyrmadyň+, şonuň üçin öz adymdan ant içýärin+, 17 saňa ak pata berip, nesliňi* asman ýyldyzlary we deňiz çägesi deý köpelderin+. Seniň nesliň duşmanlarynyň şäherlerini* eýelär+. 18 Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly+ bereket alar, sebäbi sen maňa gulak asdyň“»+ diýdi.
19 Soňra Ybraýym hyzmatkärleriniň ýanyna baryp, olar bilen Beýer-şeba dolandy. Ybraýym öňküsi ýaly Beýer-şebada+ ýaşaberdi.
20 Aradan birnäçe wagt geçensoň, Ybraýyma: «Doganyň Nahuryň+ Milkadan ogullary boldy. 21 Ulusynyň ady Uz, beýleki ogullary Buz, Aramyň atasy Kemuwel, 22 Keset, Haza, Peldaş, Ýydlap we Betuwel»+ diýip habar berdiler. 23 Betuweliň Rebeka+ atly gyzy bardy. Ybraýymyň dogany Nahuryň Milkadan sekiz ogly boldy. 24 Nahuryň gyrnagy Rewumdan hem ogullary boldy. Olaryň ady Tebah, Gaham, Tahaş we Magak.
23 Bibisara 127 ýaşap, dünýäden ötdi+. 2 Ol Kengan ýurdundaky+ Kirýat-arbada+, ýagny Hebronda+ aradan çykdy. Ybraýym aglap, Bibisara üçin ýas tutdy. 3 Soňra Ybraýym aýalynyň başujundan turdy-da, hetleriň+ ýanyna baryp: 4 «Men araňyzda ýaşap ýören gelmişek+. Aýalymy jaýlamaga ýer beräýiň» diýdi. 5 Olar Ybraýyma: 6 «Agam, sen Hudaýyň bellän baştutany*+. Aýalyňy iň gowy gonamçylygymyzda jaýla. Nirede jaýlajak diýseňem, hiç kim senden ýerini gysganmaz» diýdiler.
7 Ybraýym turup, şol ýurduň ilaty hetleriň+ öňünde tagzym etdi-de: 8 «Aýalymy jaýlamaga rugsat berýän bolsaňyz, gaýrat edip, Zoharyň ogly Epron bilen gepleşip beriň. 9 Ol melleginiň aýagujundaky Mahpela gowagyny maňa sataýsyn, aýdan bahasyny+ töläýin. Aýalymy jaýlamaga ýer+ berse, bahasyny siziň öňüňizde tölärin» diýdi.
10 Hetleriň arasynda Epron hem otyrdy. Ol ildeşlerine we şähere+ gelen adamlara eşitdirip, Ybraýyma: 11 «Agam, geregiň ýer bolsun, saňa diňe gowagy däl, tutuş mellegi bereýin. Ildeşlerimiň öňünde mellegimi saňa berýärin, aýalyňy arkaýyn jaýla» diýdi. 12 Şonda Ybraýym adamlaryň öňünde tagzym etdi-de, 13 hemmelere eşitdirip, Eprona şeýle diýdi: «Ýok, beý diýme, mellegiň bahasyny töläýin. Puluny alsaň, menem aýalymy arkaýyn jaýlaryn».
14 Epron bolsa: 15 «Agam, mellegiň bahasy 400 şekel* kümüş, ýöne beýdip söwdalaşyp durmaly. Bar, aýalyňy arkaýyn jaýla» diýip jogap berdi. 16 Ybraýym Eprony diňledi-de, hemmeleriň* öňünde mellegine näçe nyrh kesen bolsa, şonça kümüş töledi. Ol Eprona söwdagärleriň ölçegi bilen 400 şekel* kümüş çekip berdi+. 17 Şeýdip, Epron Mamräniň garşysyndaky ýerini satdy. Ol Mahpeladaky mellegini gowagy we agaçlary bilen Ybraýyma berdi. 18 Hetler we şähere gelen adamlar şol zatlaryň Ybraýymyň adyna geçendigine şaýat boldular. 19 Soňra Ybraýym aýaly Bibisarany Kengan ýurdundaky Hebronda, Mamräniň gabadynda ýerleşýän Mahpeladaky gowakda jaýlady. 20 Şeýlelikde, hetleriň şol mellegi bilen gowagy Ybraýyma gonamçylyk hökmünde berildi+.
24 Ybraýym garrap, ýaşy bir çene ýetipdi. Ýehowa onuň ähli işini ugruna edýärdi+. 2 Bir gün Ybraýym bütin mal-mülküni dolandyrýan baş hyzmatkärine+: «Maňa bir zady söz ber*. 3 Ogluma ýaşap ýören ýerimden, kenganlardan gyz alyp bermejekdigiňe+ ýeri-gögi ýaradan Ýehowa Hudaýdan ant iç. 4 Dogduk mekanyma git-de, oglum Yshaga garyndaşlarymdan+ gyz alyp ber» diýdi.
5 Hyzmatkäri bolsa: «Gyz bärik geljek däl diýse näme? Ogluňy aňryk äkideýinmi?»+ diýdi. 6 Emma Ybraýym: «Ýok, oglumy äkidäýme+. 7 Meni atamyň öý-içerisinden, dogan-garyndaşlarymyň ýurdundan çykaran+, meniň bilen gepleşip: „Şu ýurdy+ nesliňe+ bererin“ diýip ant içen+ gökleriň Hudaýy Ýehowa perişdesini iberip, saňa kömek eder+. Ogluma şol ýerden gyz alyp gaýdarsyň+. 8 Gyz bärik geljek däl diýse welin, içen antyňdan azat bolarsyň. Ýöne oglumy äkidäýmegin» diýdi. 9 Hyzmatkär ähli zady Ybraýymyň tabşyryşy ýaly etjekdigini söz berip*, hojaýynynyň öňünde ant içdi+.
10 Soňra ol hojaýynynyň düýelerinden onusyny we her dürli gymmatbaha zatlary alyp, Mesopotamiýada ýerleşýän Nahur şäherine gitdi. 11 Ahyry ol şäheriň golaýynda, bir guýynyň başynda düýelerini çökerdi. Agşamarady, gelin-gyzlaryň guýudan suw almaga gelýän wagtydy. 12 Şonda ýaňky hyzmatkär Hudaýa doga edip: «Hojaýynym Ybraýymyň Hudaýy Ýehowa, haýyş edýärin, işimi ugruna edip, hojaýynym Ybraýyma ýagşylyk et*. 13 Ine, guýynyň başynda durun, şäheriň gyzlary suw almaga gelýär. 14 Gyzlaryň birine: „Küýzäňden suw içeýin“ diýsem, ol hem: „Al, iç, düýeleriňi-de suwa ýakaýyn“ diýse, goý, ol guluň Yshak üçin saýlan gelniň bolsun. Şonda hojaýynyma ýagşylyk edendigiňe* göz ýetirerin» diýdi.
15 Hyzmatkär heniz sözüni tamamlamanka, şäherden egni küýzeli Rebeka çykdy. Ol Ybraýymyň dogany Nahur+ bilen Milkanyň+ ogly Betuweliň+ gyzydy. 16 Rebeka heniz durmuşa çykmadyk, erkek eli degmedik owadan gyzdy. Ol guýynyň başyna gelip, küýzesini suwdan doldurdy-da, yzyna ýöräp ugrady. 17 Hyzmatkär ylgap baryp: «Gyzym, küýzäňden bir owurt suw içäýin» diýdi. 18 Rebeka dessine egnindäki küýzäni düşürip: «Alyň, içiň, atam» diýip, suw berdi. 19 Suw içip bolanda, Rebeka oňa: «Indi guýudan suw çekip, düýeleriňizi hem suwa ýakaýyn» diýdi. 20 Rebeka küýzesindäki suwy nowa* boşatdy-da, guýudan gaýta-gaýta suw çekip, düýeleriň hemmesini suwa ýakdy. 21 Hyzmatkär bolýan zatlara haýran galyp, sesini çykarman, gyzy synlap otyrdy. Ol Ýehowa işini oňuna etdimi-etmedimi biljek bolýardy.
22 Düýeler suwdan gandy welin, Ybraýymyň hyzmatkäri gyza agramy ýarym şekel* altyn burunhalka we agramy on şekel iki altyn bilezik berdi. 23 Hyzmatkär ondan: «Sen kimiň gyzy? Öýüňizde gije ýatara ýer tapylarmy?» diýip sorady. 24 Gyz bolsa: «Kakama Betuwel+ diýýärler, men Nahur bilen Milkanyň+ agtygy» diýip jogap berdi. 25 Ol sözüni dowam edip: «Bizde samanam, otam köp, ýatara ýerem bar» diýdi. 26 Şonda Ybraýymyň hyzmatkäri dyza çöküp, Ýehowa tagzym etdi-de: 27 «Hojaýynym Ybraýymyň Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Ol hojaýynyma wepaly bolup, uly ýagşylyk etdi*. Ýehowa meni göni hojaýynymyň doganlarynyň öýüne getirdi» diýdi.
28 Gyz ylgap gidip, bar zady ejesine we öýündäkilere gürrüň berdi. 29 Rebekanyň Laban+ atly dogany bardy. Laban öýlerinden çykyp, guýynyň başynda duran adamyň ýanyna ylgady. 30 Laban gyz jigisi Rebekanyň burunhalkasyny, elindäki bileziklerini görüp, ol adamyň aýdan zatlaryny eşidip, myhmany garşylamaga gitdi. Hyzmatkär bolsa henizem düýeleri bilen guýynyň başynda durdy. 31 Laban oňa: «Hoş geldiňiz, Ýehowanyň ýalkan adamy! Näme bärde dursuňyz? Ýörüň, öýe gideliň. Size myhman jaý, düýeleriňize-de agyl taýynladym» diýdi. 32 Şeýlelikde, Ybraýymyň hyzmatkäri olaryň öýüne bardy. Laban düýeleriň ýüküni düşürip, öňlerine saman bilen ot dökdi. Myhmanlara-da aýaklaryny ýuwmaga suw berdi. 33 Saçak ýazylanda, Ybraýymyň hyzmatkäri: «Habarymy alýançaňyz, duz datjak däl» diýdi. Şonda Laban: «Hany, onda aýdyp otur!» diýdi.
34 Ol hem söze başlap, şeýle diýdi: «Men Ybraýymyň hyzmatkäri+. 35 Ýehowa hojaýynyma bol bereket berdi, döwletini artdyryp, mal-garasyny, altyn-kümşüni, gul-gyrnagyny, düýesini, eşegini köpeltdi+. 36 Hojaýynymyň aýaly Bibisara garran çagy bir ogul dogurdy+. Hojaýynymyň bütin mal-mülki ogluna miras galar+. 37 Hojaýynym maňa ant içirip: „Ogluma ýaşap ýören ýerimden, kenganlardan gyz alyp beräýme+. 38 Atamyň hojalygyna, dogan-garyndaşlarymyň+ ýanyna git-de, ogluma şolardan gyz alyp ber“+ diýdi. 39 Menem: „Gyz bärik geljek däl diýse näme?“+ diýdim. 40 Ol bolsa: „Men Ýehowanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirýärin+. Şonuň üçin ol perişdesini iberip+, saňa kömek eder. Ogluma dogan-garyndaşlarymdan, atamyň hojalygyndan+ gyz alyp berersiň. 41 Emma garyndaşlarym saňa gyz bermese, içen antyňdan azat bolarsyň. Diňe şonda içen antyňdan azat bolarsyň“+ diýdi.
42 Şu gün guýynyň başyna gelenimde, Hudaýa doga edip: „Hojaýynym Ybraýymyň Hudaýy Ýehowa, eger işimi oňlaýan bolsaň, şu haýyşymy bitir: 43 guýynyň başynda durkam, suw almaga gelen gyza+: „Küýzäňden bir owurt suw beräý“ diýeýin. 44 Ol hem: „Al, iç, düýeleriňi-de suwa ýakaýyn“ diýse, eý Ýehowa, şol gyzy hojaýynymyň ogly üçin saýladygyňdyr“+ diýdim.
45 Heniz içimden doga edip durkam, egni küýzeli gelýän Rebeka gözüm düşdi. Ol guýynyň başyna geldi-de, suw çekip başlady. Şonda oňa: „Içer ýaly suw beräý“+ diýdim. 46 Rebeka dessine egnindäki küýzesini düşürip: „Alyň, içiň+, düýeleriňizi-de suwa ýakaýyn“ diýdi. Suw içip boldum welin, ol düýeleri hem suwa ýakdy. 47 Soňra ondan: „Sen kimiň gyzy?“ diýip soradym. Ol: „Kakama Betuwel diýýärler, men Nahur bilen Milkanyň agtygy“ diýdi. Şonda Rebeka burunhalka bilen iki bilezik berdim*+. 48 Men dyza çöküp, Ýehowa tagzym edip, hojaýynym Ybraýymyň Hudaýy Ýehowany şöhratlandyrdym+. Sebäbi Hudaý işimi oňuna edip, hojaýynymyň ogly üçin doganynyň gyzyny tapmaga kömek etdi. 49 Indi siz aýdyň, hojaýynyma ynanýan bolsaňyz, ýagşylyk edip*, Rebekany berip bilersiňizmi? Men şoňa görä bolaýjak»+.
50 Laban bilen Betuwel: «Bu Ýehowanyň islegi, biziň elimizdäki zat däl*. 51 Ine gyzymyz, al-da, gidiber. Goý, ol Ýehowanyň aýdyşy ýaly, hojaýynyň ogluna gelin bolsun» diýdiler. 52 Şonda Ybraýymyň hyzmatkäri iki bükülip, Ýehowa tagzym etdi. 53 Soňra ol altyn-kümüş şaý-sepleri we egin-eşikleri çykaryp, Rebeka berdi. Erkek dogany bilen ejesine-de gymmatbaha zatlary sowgat berdi. 54 Şondan soň ol adamlary bilen iýip içdi, gijäni hem şol ýerde geçirdi.
Ertesi irden ol: «Indi rugsat berseňiz, hojaýynymyň ýanyna gideýin» diýdi. 55 Şonda Rebekanyň dogany bilen ejesi: «Gyz, iň bolmanda, on gün ýanymyzda bolsun, soň äkidäý» diýdiler. 56 Emma hyzmatkär: «Meni ýolumdan saklamaň, Ýehowa işimi ugruna etdi. Indi bir eglenmäýin, hojaýynymyň ýanyna gideýin» diýdi. 57 Olar bolsa: «Hany, gyzy çagyryp, özünden hem sorap göreli» diýdiler. 58 Rebekany çagyryp: «Bu adam bilen gitjekmi?» diýip soradylar. Ol: «Hawa, gitjek» diýdi.
59 Rebekanyň+ ýanyna enekesini+ goşup, Ybraýymyň hyzmatkärini adamlary bilen ýola saldylar. 60 Öýündäkiler Rebeka ak pata berip: «Uýajygym, müňläp-müňläp* ogul-gyzyň bolsun! Goý, seniň nesliň duşmanlaryň şäherlerini* eýelesin!»+ diýdiler. 61 Rebeka gyrnaklary bilen düýelere münüp, ýaňky adamyň yzyna düşdi. Şeýdip, Ybraýymyň hyzmatkäri Rebekany alyp gaýtdy.
62 Yshak bolsa Beýer-lahaýroýdan+ Negebe+ gaýdyp gelipdi. 63 Agşamara ol oýlanmak üçin+ açyk meýdana çykdy. Bir seretse, düýeler gelýär. 64 Rebeka Yshagy gören badyna, düýeden düşdi-de, 65 hyzmatkärden: «Öňümizden gelýän kim?» diýip sorady. Ol: «Hojaýynym» diýip jogap berdi. Şonda Rebeka ýaglygyny alyp, başyny örtdi. 66 Hyzmatkär ähli zady Yshaga birin-birin gürrüň berdi. 67 Yshak Rebekany ejesi Bibisaranyň çadyryna eltdi+. Şeýdip, Rebeka onuň aýaly boldy. Yshak Rebekany ýürekden söýdi+ we ejesiniň ölümi+ sebäpli çekýän gam-gussasy ýeňledi.
25 Ybraýym ýene-de öýlendi, aýalynyň ady Keturady. 2 Wagtyň geçmegi bilen, olaryň Zimran, Ýogşan, Medan, Midýan+, Yşbak we Şuwas+ diýen ogullary boldy.
3 Ýogşanyň Şeba bilen Dedan atly ogly boldy.
Dedanyň ogullary: Aşurim, Letuşim we Legumim*.
4 Midýanyň ogullary: Eýpah, Eper, Hanoh, Abydag we Eldah.
Olaryň hemmesi Keturanyň agtyklarydy.
5 Ybraýym bütin mal-mülküni Yshaga berdi+. 6 Ol gyrnaklaryndan bolan ogullaryna-da paý* berip, heniz dirikä, olary Yshakdan uzaga+, gündogar ýurtlara iberdi. 7 Ybraýym 175 ýaşady. 8 Ol uzak ömür sürüp, durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi. Ony ata-babalary ýaly jaýladylar. 9 Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl Ybraýymy Mamräniň garşysyndaky Mahpela gowagynda jaýladylar. Şol gowak het halkyndan Zoharyň ogly Epronyň melleginde ýerleşýärdi+. 10 Ybraýym şol mellegi het halkyndan satyn alypdy. Şeýdip, ony aýaly Bibisaranyň ýanynda jaýladylar+. 11 Ybraýym aradan çykansoň, Hudaý onuň ogly Yshaga bol bereket berdi+. Yshak Beýer-lahaýroýyň+ golaýynda ýaşaýardy.
12 Bibisaranyň gyrnagy müsürli Hajar+ Ybraýyma Ysmaýyly+ dogrup beripdi. Ysmaýylyň ömri şeýledir.
13 Ysmaýylyň ogullary bolup, olardan birnäçe tire döredi. Uly oglunyň ady Nebaýotdy+, beýlekileri Kedar+, Adbeýel, Mibsam+, 14 Mişma, Duma, Massa, 15 Hadat, Teýma, Ýetur, Nepes we Kedeman. 16 Ysmaýylyň ogullarynyň ýaşan obalaryna-da, düşelgelerine-de olaryň ady dakyldy. Olar 12 tirebaşydy+. 17 Ysmaýyl 137 ýaşap, dünýäden ötdi, ony ata-babalary ýaly jaýladylar. 18 Onuň nesliniň ýaşan ýerleri Hawyladan+ tä Assiriýa çenli uzalýardy. Hawyla Müsüriň golaýyndaky Şura+ ýakyn ýerleşýärdi. Olar dogan-garyndaşlarynyň ýanynda ýaşadylar*+.
19 Ybraýymyň ogly Yshagyň ömri şeýledir+.
Ybraýymyň Yshak atly ogly boldy. 20 Yshak 40 ýaşyndaka, Paddan-aramdan siriýaly* Betuweliň gyzy+, Labanyň uýasy Rebeka öýlendi. 21 Yshak aýaly üçin Ýehowa dileg edýärdi, sebäbi Rebekanyň çagasy bolanokdy. Ýehowa Yshagyň dilegini eşitdi. Rebeka göwreli boldy. 22 Ýöne göwresindäki çagalar bir-birini itekläp başlady+. Şonda Rebeka: «Beýdip jebir çekenimden, ölenim gowudyr!» diýdi. Rebeka munuň sebäbini biljek bolup, Ýehowa doga etdi. 23 Ýehowa bolsa: «Göwräňde ekiz ogul bar+, olardan iki halk dörär+. Biri beýlekisinden güýçli bolar+, ogullaryň ulusy kiçisine hyzmat eder»+ diýdi.
24 Rebekanyň aýy-güni dolup, dogurmaly wagty geldi. Görseler, göwresinde ekiz çaga bar. 25 Birinji doglan çaga çym gyzyldy, possun geýen ýaly tüýlekdi+. Şonuň üçin oňa Ysaw*+ diýip at goýdular. 26 Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp+, ekiz taýy doguldy. Şol sebäpli onuň adyna Ýakup*+ dakdylar. Olar doglanda, Yshak 60 ýaşyndady.
27 Oglanlar ösüp ulalýardy. Ysaw ökde awçy bolup ýetişdi+, ol köp wagtyny sährada geçirerdi. Ýakup bolsa ýuwaş* hem öýdeçidi+. 28 Yshak Ysawy has gowy görýärdi, sebäbi ol kakasyna aw awlap getirýärdi. Rebeka bolsa Ýakuby gowy görýärdi+. 29 Bir gün Ýakup çorba bişirip otyrka, Ysaw ýadap awdan geldi. 30 Ysaw: «Çaltrak şol gyzyl çorbaňdan guýup bersene, aç öldüm!» diýdi. Şonuň üçin oňa Edom*+ diýerdiler. 31 Şonda Ýakup: «Ilki maňa nowbaharlyk hakyňy sat!»+ diýdi. 32 Ysaw bolsa: «Açlygymdan ölüp barýarkam, nowbaharlyk hakyndan ne peýda?!» diýdi. 33 Ýakubam: «Onda ant iç!» diýdi. Ysaw ant içip, nowbaharlyk hakyny Ýakuba satdy+. 34 Şonda Ýakup oňa çörek bilen merjimek çorbasyny berdi. Ysaw garnyny doýrup, turup gitdi. Ol nowbaharlyk hakynyň gadyryny bilmedi*.
26 Ybraýymyň döwründe bolşy ýaly, ýurtda ýene-de açlyk başlandy+. Şonda Yshak Gerardaky piliştlileriň hany Abymäligiň ýanyna gitdi. 2 Şol ýerde Ýehowa Yshaga görnüp, şeýle diýdi: «Müsüre gitmän, meniň görkezjek ýerimde ýaşa. 3 Häzirlikçe bärde gal+. Seni goldap, üstüňe bol bereket ýagdyraryn+. Kakaň Ybraýyma beren sözümde durup*, tutuş ýurdy saňa hem nesliňe bererin+. Men Ybraýyma: 4 „Nesliňi asman ýyldyzlary deý köpeldip+, tutuş ýurdy mülk edip bererin+. Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly bereket alar“+ diýip ant içipdim. 5 Sebäbi ol maňa gulak asyp, bütin ömrüne tabşyryklarymy, buýruklarymy we kada-kanunlarymy berjaý edip ýaşady»+. 6 Şeýdip, Yshak Gerarda+ ýaşaberdi.
7 Şol ýurduň adamlary Rebeka hakda sorasa, Yshak: «Ol meniň uýam»+ diýerdi. Aýaly owadan+ bolany üçin, Yshak: «Rebekany aljak bolup, meni öldürerler» diýýärdi, şol sebäpli ol Rebeka aýalym diýmäge gorkýardy. 8 Aradan birnäçe wagt geçdi. Bir gün piliştlileriň hany Abymälik penjireden seredende, Yshak bilen Rebekanyň näz-kereşme edip durandygyny gördi+. 9 Abymälik dessine Yshagy çagyryp: «Rebeka aýalyň eken-ä! Oňa näme üçin uýam diýip ýörsüň?» diýdi. Şonda Yshak: «Aýalymy aljak bolup, meni öldürerler öýdüp gorkdum»+ diýdi. 10 Abymälik: «Näme üçin beýtdiň?+ Biri aýalyň bilen ýatan bolsa, biz günä galardyk!»+ diýdi. 11 Soňra ol: «Kimde-kim şu adama ýa-da aýalyna barmagyny batyraýsa, başy ölümlidir!» diýip jar çekdirdi.
12 Yshak ýaşap ýören ýurdunda ekin ekip başlady. Şol ýyl 100 esse köp hasyl aldy, sebäbi Ýehowa oňa bereket berýärdi+. 13 Yshagyň mal-mülki artyp, juda baýady. 14 Onuň süri-süri maly, köp hyzmatkärleri bardy+. Piliştliler Yshaga göriplik edip başladylar.
15 Piliştliler Yshagyň kakasy Ybraýymyň hyzmatkärleriniň gazan ähli guýularyny gömüp çykdylar+. 16 Abymälik Yshaga: «Sen bizden güýçlenip barýaň! Gowusy, bärden git» diýdi. 17 Şonda Yshak Gerar jülgesine+ göçdi. 18 Yshak kakasy Ybraýymyň döwründe gazylan guýulary täzeden gazdy, sebäbi Ybraýym ölensoň, piliştliler olary gömüpdiler+. Yshak şol guýulara kakasynyň dakan adyny goýdy+.
19 Yshagyň hyzmatkärleri jülgede guýy gazyp ýörkäler, süýji suw tapdylar. 20 Gerardaky çopanlar: «Suw biziňki!» diýip, Yshagyň çopanlary bilen dawalaşyp başladylar. Şonuň üçin Yshak şol guýa Esek* diýip at goýdy. 21 Olar başga guýy gazdylar, çopanlar oňa-da dawa etdiler. Yshak şol guýa Sitna* diýdi. 22 Soňra ol başga ýere göçüp, ýene bir guýy gazdy, ýöne dawa eden bolmady. Yshak: «Ýehowa bize giň ýaýla berip, sanymyzy köpeltdi»+ diýip, guýynyň adyna Rehobot* goýdy.
23 Soňra Yshak Beýer-şeba+ gitdi. 24 Şol gije Ýehowa oňa görnüp: «Men kakaň Ybraýymyň Hudaýy+. Gorkma+, men seni goldaryn. Gulum Ybraýymyň hatyrasyna seni ýalkap, nesliňi köpelderin»+ diýdi. 25 Yshak şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurup, Ýehowany şöhratlandyrdy*+. Soňra çadyryny dikip+, hyzmatkärlerine guýy gazdyrdy.
26 Biraz wagtdan Abymälik han maslahatçysy Ahuzat we goşunbaşysy Pikal+ bilen Gerardan Yshagyň ýanyna geldi. 27 Şonda Yshak: «Özüňiz-ä meni araňyza sygdyrman, ýurduňyzdan kowup goýberdiňiz. Indi nämä geldiňiz?» diýdi. 28 Olar bolsa: «Ýehowanyň seni ýalkaýandygyna göz ýetirdik+. Gel, ant içip, äht baglaşaly+. 29 Biz saňa diňe ýagşylyk etdik, sag-aman ýola salyp goýberdik. Saňa ýamanlyk etmeýşimiz ýaly, senem bize hiç hili ýamanlyk etmejekdigiňi söz ber. Sen Ýehowanyň ýalkan adamy!» diýdiler. 30 Yshak olara hezzet-hormat edip, öňlerine saçak ýazdy, olar iýip içdiler. 31 Ertesi ir bilen turup, äht baglaşdylar*+. Soňra Yshak olary sag-aman ýola salyp goýberdi.
32 Şol gün Yshagyň hyzmatkärleri gelip, gazyp ýören guýularyndan+ suw çykandygyny habar berdiler. 33 Yshak şol guýa Şiba diýip at goýdy. Şol şähere häli-häzire çenli Beýer-şeba+ diýýärler.
34 Ysaw 40 ýaşyndaka, hetlerden Beýeriň gyzy Ýudite we hetlerden Elonyň gyzy Basemata öýlendi+. 35 Gelinleri Yshak bilen Rebeka görgi baryny görkezdiler+.
27 Yshagyň ýaşy bir çene ýetipdi, gözi kütelip, hiç zat saýgarmaýardy. Ol: «Oglum!» diýip, uly ogly Ysawy+ çagyrdy. Ysaw: «How, kaka!» diýip, ýanyna geldi. 2 Şonda Yshak: «Oglum, men-ä indi garrapdyryn, bir aýagym görde. 3 Ok-ýaýyňy al-da, çöle gidip, maňa aw awlap gel+. 4 Soňam gowy görýän naharymy bişir, naharyňdan iýip, ölmänkäm, saňa ak pata bereýin» diýdi.
5 Şeýlelikde, Ysaw kakasy üçin aw awlamaga gitdi+. Yshagyň Ysawa aýdanlaryny Rebeka-da eşitdi. 6 Ol ogly Ýakuba+: «Ýaňyja kakaň bilen Ysawyň gürrüňini diňledim. Kakaň: 7 „Aw awlap gel-de, maňa gowy görýän naharymy bişirip ber. Nahardan iýip, ölmänkäm, Ýehowanyň öňünde saňa ak pata bereýin“+ diýdi. 8 Oglum, meni gowuja diňle-de, aýdanymy et+. 9 Git-de, sürüden iki sany semiz owlak alyp gel. Men kakaň halaýan naharyny bişireýin. 10 Senem eltip ber, kakaň ölmänkä, saňa ak pata bersin» diýdi.
11 Şonda Ýakup ejesine: «Men doganym Ysaw ýaly tüýlek+ däl. 12 Kakam meni elläp, tanasa näme?+ Onuň üstünden gülen ýaly bolaryn, ak pata almaga derek gargyşa galaýmasam» diýdi. 13 Ejesi bolsa: «Goý, şol gargyş maňa siňsin, oglum. Aýdanymy et-de, ýaňky diýenimi getir»+ diýdi. 14 Ýakup gidip, ejesiniň diýen zatlaryny getirip berdi. Rebeka äriniň halaýan naharyny bişirdi. 15 Soňra içerden uly ogly Ysawyň iň gowy eşigini aldy-da, Ýakuba geýdirdi+. 16 Elini we boýnuny owlak derisi bilen ýapdy+. 17 Bişiren nahary bilen çöregini hem Ýakuba berdi+.
18 Ýakup Yshagyň ýanyna baryp: «Kaka!» diýdi. Ol: «Hä, oglum, sen Ýakupmy ýa Ysaw?» diýdi. 19 Ýakup: «Men uly ogluň Ysaw+. Hemme zady aýdyşyň ýaly etdim, kaka. Hany, dikelip otur-da, getiren aw etimden iý. Soň maňa ak pata berersiň»+ diýdi. 20 Şonda Yshak: «Oglum, awdan gaty çalt gelipsiň-le» diýdi. Ýakup: «Ýehowa Hudaýyň awumy öňüme çykardy» diýip jogap berdi. 21 Yshak: «Golaýyma gel, oglum, seni elläp göreýin, dogrudanam, Ysawmykaň»+ diýdi. 22 Ýakup kakasynyň ýanyna süýşdi, Yshak ony elläp görüp: «Ses-ä Ýakubyňky welin, eli Ysawyňky»+ diýdi. 23 Ýakubyň eli edil dogany Ysawyňky ýaly tüýlekdi. Kakasy Ýakuby tanaman, ak pata berdi+.
24 Yshak ondan: «Dogrudanam, sen Ysawmy?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa» diýdi. 25 Şonda Yshak: «Hany, maňa nahar guýup ber, aw etiňden iýip, ak pata bereýin» diýdi. Ýakup kakasynyň öňünde nahar bilen şerap goýdy, ol hem iýip içdi. 26 Soňra Yshak: «Oglum, gel, meni ogşa»+ diýdi. 27 Ýakup baryp, kakasyny ogşady. Yshak oglunyň eşigini ysgady+. Ol Ýakuba ak pata berip:
«Oglumyň ysy Ýehowanyň bereketli sährasynyňky ýaly ýakymlydyr. 28 Goý, hak Hudaý saňa asmanyň çygyny+, mes topraklary+ bersin, gallaňy we täze şerabyňy köpeltsin+. 29 Halklar saňa hyzmat etsin, milletler öňüňde baş egsin. Doganlaryň üstünden hojaýyn bol, goý, olar seniň öňüňde dyz epsin+. Saňa gargana gargyş siňsin, alkyşlana alkyş bolsun»+ diýdi.
30 Şeýdip, Yshak Ýakuba ak pata berdi. Ýakup kakasynyň ýanyndan çykan badyna, Ysaw awdan geldi+. 31 Ol kakasyna nahar bişirip getirdi-de: «Kaka, tur hany, ogluň getiren aw etinden iý. Soň maňa ak pata berersiň» diýdi. 32 Şonda Yshak: «Sen kim?» diýip sorady. Ol: «Men uly ogluň Ysaw»+ diýdi. 33 Yshak sandyr-sandyr edip: «Onda senden öň maňa aw etinden nahar getiren kimdi? Men nahardan iýip, oňa ak pata berdim-ä! Wah, indi etjek alajym ýok!» diýdi.
34 Muny eşiden Ysaw naýynjar ses bilen gygyryp, kakasyna: «Maňa-da ak pata beräý, kaka, maňa-da!» diýip ýalbaryp başlady+. 35 Emma Yshak: «Iniň meni aldap, saňa berjek patamy aldy» diýdi. 36 Şonda Ysaw: «Onuň adyna ýöne ýere Ýakup* goýulmandyr. Ol eýýäm ikinji gezek paýymy elimden aldy+. Öň-ä nowbaharlyk hakymy aldy+, indem ak patamy!»+ diýdi. Soňra ol kakasyna: «Indi maňa ak pata berjek dälmi?*» diýdi. 37 Yshak: «Iniňi üstüňden hojaýyn edip goýdum+. Ähli doganlaryňy oňa hyzmatkär etdim. Galla bilen täze şeraby hem berdim+. Oglum, saňa berer ýaly zat galdymy?!» diýdi.
38 Ysaw bolsa: «Kaka, sen ýekeje gezek ak pata berip bilýäňmi? Maňa-da pata ber, maňa-da!» diýip özelendi. Soňra ol möňňürip aglady+. 39 Şonda Yshak:
«Seniň ýaşajak ýeriňde mes toprak hem, asmanyň çygy hem bolmaz+. 40 Gylyç bilen günüňi görersiň+, iniňe hyzmat edersiň+. Emma sabyr käsäň dolanda, oňa garşy aýaga galyp, golastyndan azat bolarsyň*»+ diýdi.
41 Kakasyndan ak pata alandygy üçin, Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi+. Ol içinden: «Kakamyň ölümine az wagt galdy+. Şondan soň Ýakubyň ýoguna ýanaryn» diýýärdi. 42 Ysawyň niýetini Rebeka habar berenlerinde, ol dessine Ýakuby çagyryp: «Oglum, doganyň seni öldürip, ar aljak bolýar*. 43 Maňa gulak as-da, bärden gaç, Harandaky Laban daýyňlara git+. 44 Agaň gahary ýatyşýança, şol ýerde bol. 45 Ol biraz köşeşsin, eden zatlaryň ýadyndan çykyşsyn. Soň adam iberip, seni getirderin. Bir günüň içinde ikiňizi hem ýitiresim gelenok» diýdi.
46 Soňra Rebeka Yshagyň ýanyna baryp: «Het gyzlaryndan ýaňa durmuşdan doýdum+. Indi Ýakubam şu ýurtdaky hetleriň gyzyna öýlenäýse, dat günüme!»+ diýdi.
28 Yshak Ýakuby çagyrdy-da, ak pata berip, şeýle tabşyryk berdi: «Kengan gyzlaryna öýlenäýme+. 2 Paddan-arama, babaň Betuweliň öýüne git-de, daýyň Labanyň bir gyzyna+ öýlen. 3 Gudratygüýçli Hudaý seni ýalkar we ogul-gyzly edip, nesliňi köpelder, senden uly halk dörär+. 4 Hudaý Ybraýyma wada eden berekedini saňa we nesliňe berer+. Sen Hudaýyň Ybraýyma beren ýurduny, gelmişek bolup ýaşap ýören topragyňy miras alarsyň»+.
5 Şeýlelikde, Yshak Ýakuby Paddan-arama iberdi. Ol hem ýola düşüp, siriýaly* Betuweliň+ ogly Labanyň ýanyna gitdi. Laban Ýakup bilen Ysawyň ejesi Rebekanyň doganydy+.
6 Ysaw Yshagyň Ýakuba ak pata berendigini, «Kengan gyzlaryna öýlenäýme»+ diýip, gelin almak üçin Paddan-arama iberendigini, 7 inisi Ýakubyň hem ene-atasyna gulak asyp, Paddan-arama gidendigini eşitdi+. 8 Şonda Ysaw kakasynyň Kengan gyzlaryny halamaýandygyna düşündi+. 9 Ol Ysmaýylyň kowum-garyndaşlarynyň ýanyna gitdi-de, öňki iki aýalynyň üstüne Nebaýotyň uýasy Mahalaty aldy+. Mahalat Ybraýymyň ogly Ysmaýylyň gyzydy.
10 Ýakup Beýer-şebadan çykyp, Harana+ tarap gidip barýardy. 11 Gün ýaşanda, ol gijäni geçirmek üçin düşledi we bir daşa kellesini goýup ýatdy+. 12 Düýşünde ýerden asmana çenli uzalyp gidýän basgançak gördi. Şol basgançakdan Hudaýyň perişdeleri münüp-düşüp ýördi+. 13 Basgançagyň ýokarsynda Ýehowa durdy. Ol Ýakuba şeýle diýdi:
«Men ataň Ybraýymyň, kakaň Yshagyň Hudaýy Ýehowa+. Ýatan ýeriňi, tutuş ýurdy saňa we nesliňe bererin+. 14 Nesliň çäge deý köpelip+, çar tarapa* ýaýrar. Ýer ýüzüniň ähli milletleri sen we nesliň arkaly bereket alar+. 15 Men seniň bilendirin, nirä gitseňem, seni gorap, şu ýurda sag-aman yzyňa getirerin+. Seni hiç wagt taşlamaryn, beren wadalarymy berjaý ederin»+.
16 Ýakup ukudan oýanyp: «Asyl men Ýehowanyň mesgenine gelipdirin-ä, muny bilmändirinem» diýdi. 17 Ol gorkup: «Bärsi mukaddes ýer! Hudaýyň öýi+ we gögüň derwezesi eken»+ diýdi. 18 Ir bilen turup, kellesiniň aşagyndaky daşy ýadygärlik edip goýdy-da, üstüne ýag guýdy+. 19 Ýakup şol ýere Beýtel* diýip at goýdy. Öň şäheriň ady Luzdy+.
20 Şonda Ýakup Hudaýa söz berip: «Eger Hudaý meni goldap, ýolboýy penasynda saklasa, aç-hor etmän, 21 atamyň öýüne sag-aman getirse, Ýehowanyň, hakykatdanam, meniň Hudaýymdygyna göz ýetirerin. 22 Ýadygärlik edip goýan daşym Hudaýyň öýi+ bolar. Eý Hudaý, maňa berjek ähli zadyň ondan birini saňa bererin» diýdi.
29 Ýakup ýoluny dowam edip, gündogar halklaryň ýurduna gitdi. 2 Ýolda bir guýa gözi düşdi. Guýynyň başynda üç süri goýun ýatyrdy. Mallary şol guýudan suwa ýakardylar. Guýynyň agzynda ullakan daş bardy. 3 Çopanlar sürülerini ýygnap, guýynyň agzyndaky daşy aýrardylar we mallaryny suwa ýakardylar. Soňra daşy ýene-de guýynyň agzyna goýardylar.
4 Ýakup çopanlardan: «Doganlar, siz nireli?» diýip sorady. Olar: «Harandan»+ diýip jogap berdiler. 5 Ýakup: «Nahuryň agtygy+ Labany+ tanaýaňyzmy?» diýip sorady. Olar hem: «Hawa» diýdiler. 6 Şonda Ýakup: «Ol sag-gurgun gezip ýörmükä?» diýdi. Çopanlar: «Hawa, sag-aman gezip ýör. Hana, gyzy Rahel+ sürüsi bilen gelýär» diýdiler. 7 Ýakup: «Ýaňy bir günortan boldy, heniz goýunlary ýygnardan ir ahyryn. Olary suwa ýakyň-da, bakmaga äkidiň» diýdi. 8 Olar bolsa: «Ähli sürüleri ýygnap, guýynyň agzyndaky daşy aýyrmasak, goýunlary suwa ýakyp bilmeris» diýip jogap berdiler.
9 Ýakup çopanlar bilen gepleşip durka, Rahel kakasynyň goýunlaryny guýa getirdi, sebäbi sürini ol bakýardy. 10 Ýakup daýysy Labanyň gyzy Raheli we sürüsini gören badyna, guýynyň agzyndaky daşy togalap aýyrdy-da, goýunlary suwa ýakdy. 11 Ol Raheli ogşap salamlaşdy-da, içigip-içigip aglady. 12 Ýakup Rahele kakasy bilen garyndaşdygyny, Rebekanyň ogludygyny aýtdy. Gyz ylgap gidip, bar zady kakasyna gürrüň berdi.
13 Laban+ ýegeni Ýakubyň gelendigini eşiden badyna, ylgap öňünden çykdy. Ol Ýakuby gujaklap ogşady-da, öýüne alyp gaýtdy. Ýakup ähli zady ýekän-ýekän gürrüň berdi. 14 Şonda Laban: «Sen meniň süňk hossarym*» diýdi. Ýakup bir aýlap Labanyň öýünde ýaşady.
15 Soňra Laban Ýakuba: «Ýegenim+ diýip, seni mugt işledip bolmaz. Hyzmatyň üçin näçe tölemeli bolsa aýt»+ diýdi. 16 Labanyň iki gyzy bardy. Ulusynyň ady Leýa, kiçisiniňki Raheldi+. 17 Leýanyň öçügsije gözleri bardy, Rahel bolsa üzümiň suwy ýaly owadandy. 18 Ýakup Rahele aşyk bolup, daýysyna: «Kiçi gyzyň Rahel üçin ýedi ýyl hyzmat edeýin»+ diýdi. 19 Laban: «Gyzymy kesekä berenden, saňa berenim gowy, ýanymda ýaşaber» diýdi. 20 Şeýlelikde, Ýakup Rahel üçin ýedi ýyl işledi+. Ýöne ýedi ýyl onuň üçin ýedi gün ýaly bolup geçdi, sebäbi ol Raheli ýürekden söýýärdi.
21 Soňra Ýakup Labana: «Işlemeli möhletim-ä doldy. Indi gelinligimi ber, öýleneýin» diýdi. 22 Laban töwerek-daşyny çagyryp, uludan toý tutdy. 23 Emma ol gije Ýakubyň ýanyna* Rahele derek uly gyzy Leýany eltdi. 24 Laban gyrnagy Zilpany gyzy Leýa berdi+. 25 Ýakup irden turup görse, ýanynda Leýa ýatan eken. Şonda ol Labana: «Daýy, näme üçin beýtdiň? Men saňa Rahel üçin hyzmat etdim-ä. Näme meni aldadyň?»+ diýdi. 26 Laban: «Adatymyza görä, uly gyzdan öň kiçisini durmuşa çykarmak aýyp görülýär. 27 Leýany alanyňa bir hepde bolsun, soň kiçi gyzymy hem bererin, ýöne onuň üçinem ýedi ýyl hyzmat etmeli bolarsyň»+ diýdi. 28 Ýakup Labanyň aýdyşy ýaly etdi. Bir hepdelik toý geçen badyna, Laban Raheli hem Ýakuba durmuşa çykardy. 29 Gyrnagy Bilhany+ bolsa Rahele berdi+.
30 Ýakup Rahele ýanaşdy*. Ol Leýadan Raheli has gowy görýärdi. Ýakup Rahel üçin Labana ýene-de ýedi ýyl hyzmat etdi+. 31 Ýehowa Leýanyň söýülmeýändigini görüp, oňa çaga berdi*+. Raheliň bolsa çagasy bolmaýardy+. 32 Leýa göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol: «Ýehowa gözýaşymy görüp, maňa nazar saldy+. Indi-hä, ärim meni gowy görer» diýip, oglunyň adyna Ruben*+ dakdy. 33 Leýa ýene-de göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol: «Ýehowa ahy-nalamy eşitdi, ärimiň meni söýmeýändigini görüp, ýene bir ogul berdi» diýip, adyna Şimgon*+ goýdy. 34 Ol ýene-de göwreli bolup, ogul dogurdy. Leýa: «Indi-hä, ärim maňa ysnyşar. Men oňa üç ogul dogrup berdim» diýip, oglunyň adyna Lewi*+ goýdy. 35 Soňra ýene-de göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol: «Indi Ýehowany şöhratlandyraýyn» diýip, oglunyň adyna Ýahuda*+ dakdy. Şondan soň birnäçe wagtlap Leýanyň çagasy bolmady.
30 Rahel çaga dogrup bilmeýändigi üçin, aýal doganyna göriplik edip başlady. Ol Ýakuba: «Ölümimi islemeýän bolsaň, maňa çaga ber» diýdi. 2 Ýakubyň muňa gahary gelip: «Men näme, Hudaýmy? Hudaý saňa çaga bermeýän bolsa, men günäkärmi?» diýdi. 3 Şonda Rahel: «Gyrnagym Bilha+ bilen ýat, maňa çaga dogrup bersin. Bilha arkaly perzentli bolaýyn» diýdi. 4 Rahel gyrnagy Bilhany Ýakuba aýallyga berdi, Ýakup oňa ýanaşdy*+. 5 Bilha göwreli bolup, Ýakuba ogul dogurdy. 6 Şonda Rahel: «Hudaý adyl kazymdyr, ol ahy-nalamy eşidip, maňa ogul berdi» diýip, çaganyň adyna Dan*+ dakdy. 7 Raheliň gyrnagy Bilha ýene-de göwreli bolup, Ýakuba ikinji ogluny dogrup berdi. 8 Rahel: «Doganym bilen çynymy edip göreşip ýeňdim!» diýip, adyna Naftaly*+ goýdy.
9 Leýa indi çagasynyň bolmaýandygy üçin, gyrnagy Zilpany Ýakuba aýallyga berdi+. 10 Leýanyň gyrnagy Zilpa hem Ýakuba ogul dogurdy. 11 Şonda Leýa: «Meniňki şowuna boldy!» diýip, çaganyň adyna Gad*+ dakdy. 12 Leýanyň gyrnagy Zilpa göwreli bolup, Ýakuba ýene bir ogul dogurdy. 13 Leýa: «Bagtym çüwdi! Gelin-gyzlar maňa bagtly diýer»+ diýip, adyna Aşer*+ dakdy.
14 Orak döwri Ruben+ meýdanda aýlanyp ýörkä, mährigöýe* tapyp, ejesi Leýa getirip berdi. Şonda Rahel Leýa: «Ogluň getiren mährigöýesinden maňa-da beräý» diýdi. 15 Emma Leýa: «Ärimi elimden alanyňy az görýäňmi?+ Indi oglumyň mährigöýesini hem aljak bolýaňmy?» diýdi. Rahel bolsa: «Ogluň getiren mährigöýesinden berseň, şu gije Ýakup seniň bilen ýatar» diýdi.
16 Ýakup agşam öri meýdandan gelende, Leýa öňünden çykyp: «Şu gije meniň bilen ýat, munuň üçin oglumyň getiren mährigöýelerini Rahele berdim*» diýdi. Şeýlelikde, Ýakup şol gije Leýa bilen ýatdy. 17 Hudaý Leýanyň dilegini eşitdi. Ol göwreli bolup, Ýakuba bäşinji ogluny dogrup berdi. 18 Ol: «Gyrnagymy ärime berenim üçin, Hudaý rysgalymy artdyrdy*» diýip, oglunyň adyna Ysahar*+ goýdy. 19 Leýa ýene-de göwreli bolup, Ýakuba altynjy ogluny dogurdy+. 20 Şonda ol: «Hudaý meni artygy bilen sylaglady. Indi-hä ärim maňa gülüp bakar*+, sebäbi alty ogul dogrup berdim»+ diýip, oglunyň adyna Zebulun*+ goýdy. 21 Soňra Leýanyň bir gyzy boldy, adyna Dina+ dakdy.
22 Ahyry Hudaý Rahele nazar saldy, dileglerini eşidip, perzent berdi*+. 23 Rahel göwreli bolup, ogul dogranda: «Hudaý meni biabraý etmedi»+ diýdi. 24 Ol: «Ýehowa maňa ýene bir ogul berdi» diýip, oglunyň adyna Ýusup*+ dakdy.
25 Raheliň ogly Ýusup doglandan soň, Ýakup Labana: «Meni goýber, öz ilime, dogduk mekanyma gideýin+. 26 Aýallarymy, çagalarymy hem ber. Olar üçin hyzmatyňy etdim, näçe azap çekenimi gowy bilýänsiň»+ diýdi. 27 Emma Laban: «Ýalbarýaryn, gitme. Men pal atdyryp gördüm, Ýehowa maňa sen arkaly bereket berýär» diýdi. 28 Soňra ol Ýakupdan: «Aýt, saňa näçe hak töläýin?»+ diýip sorady. 29 Ýakup: «Saňa nädip hyzmat edendigimi, gelenim bäri, sürüleriň nähili köpelendigini gowy bilýänsiň+. 30 Men gelmänkäm, sanlyja malyň bardy, häzir bolsa sürüleriň örňäp köpeldi, Ýehowa rysgalyňy artdyrdy. Indi öz ojagym üçin işläýin»+ diýdi.
31 Laban Ýakupdan: «Saňa näme bereýin?» diýip sorady. Ýakup: «Maňa hiç zat gerek däl. Ýöne bir haýyşymy bitirseň, mundan beýlägem sürüleriňe göz-gulak bolup, bakyp bereýin+. 32 Şu gün sürüleriňi gözden geçireýin. Mallaryň arasyndan menekli, ala goýun-geçileri we goňur toklulary aýryp goý. Şu günden şeýläk olar meniň iş hakym bolar+. 33 Isleseň, gel-de, şol mallary gözden geçir, meniň halal adamdygyma göz ýetirersiň. Eger sürimiň içinden menekli, ala geçilerden ýa-da goňur toklulardan başga ýekeje mal tapaýsaň, meni ogrulykda aýyplap bilersiň» diýdi.
34 Laban: «Bolýar, men razy»+ diýip jogap berdi. 35 Şol gün Laban sürüden menekli, ala, ak tegmilli tekeleri we geçileri, goňur toklulary aýryp, olary ogullaryna bakmaga berdi. 36 Soňra ol üç günlük ýol ýöräp, Ýakubyň sürüsinden arany açdy. Ýakup bolsa Labanyň galan goýunlaryny bakyberdi.
37 Ýakup badam, çynar we stiraks* agaçlarynyň şahalaryny kesip aldy-da, gabyklaryny her ýerinden sypyryp, çybyklary alabeder etdi. 38 Soňra şol çybyklary suw içilýän nowalarda, mallaryň öňünde goýdy. Suw içmäge gelen mallar çybyklara seredip, höwre gelerdi.
39 Mallar nowalaryň öňünde höwre gelip, menekli, tegmilli we ala owlak-guzulary guzlardy. 40 Ýakup olary aýryp, Labanyň sürüsini ala we goňur mallara seretdirip goýdy. Şeýlelikde, ol öz sürüsini aýry saklap, Labanyň sürüsine goşmady. 41 Sagdyn mallar höwre gelende, Ýakup olaryň öňündäki nowalarda çybyklary goýardy. 42 Hor mallar höwre gelende bolsa, çybyklary nowalara salmazdy. Şeýdip, hor mallar Labanyňky, sagdyn mallar Ýakubyňky bolýardy+.
43 Ýakup juda baýap, köp sanly gul-gyrnaklary, sürüleri, düýeleri we eşekleri edindi+.
31 Aradan birnäçe wagt geçdi. Bir gün Ýakup Labanyň ogullarynyň: «Ýakup kakamyzyň bar zadyna eýe çykdy. Kakamyzyň hasabyna baýady»+ diýen gürrüňini eşitdi. 2 Laban hem oňa öňküsi ýaly ýüz bermeýärdi+. 3 Şonda Ýehowa Ýakuba: «Ata-babalaryň ýurduna, dogan-garyndaşlaryň ýanyna dolan+, seni goldaryn» diýdi. 4 Ýakup Rahel bilen Leýany mal bakyp ýören ýerine çagyrdyp, 5 şeýle diýdi:
«Görýärin welin, kakaňyzyň öňküligi ýok+. Ýöne atamyň Hudaýy meni goldaýar+. 6 Kakaňyza janym-tenim bilen hyzmat edenimi gowy bilýänsiňiz+. 7 Ol bolsa mekirlik edip, zähmet hakymy telim* gezek üýtgetdi. Ýöne Hudaý onuň zyýan ýetirmegine ýol bermedi. 8 Daýym: „Menekli mallar iş hakyň bolar“ diýende, hemme mallar menekli guzlady. „Ala mallar iş hakyň bolar“ diýende welin, ähli mallar ala guzlady+. 9 Şeýdip, Hudaý kakaňyzyň mallaryny elinden alyp, maňa berdi. 10 Mallaryň höwre gelýän wagty bir düýş gördüm. Seretsem, geçiler bilen jübütleşýän tekeler menekli, tegmilli we ala eken+. 11 Düýşümde hak Hudaýyň perişdesi: „Ýakup!“ diýip çagyrdy. Men: „Diňleýärin!“ diýip jogap berdim. 12 Şonda ol: „Seret, geçiler bilen jübütleşýän tekeleriň hemmesi menekli, tegmilli we aladyr. Labanyň seni ne günlere salanyny gördüm+. 13 Men Beýtelde+ saňa görnen hak Hudaýdyryn. Şol ýerde bir daşy ýadygärlik edip goýup*, maňa wada beripdiň+. Indi bärden git-de, dogduk mekanyňa dolan“+ diýdi».
14 Şonda Rahel bilen Leýa şeýle jogap berdiler: «Atamyzyň öýünde bize hiç hili paý berilmez. 15 Kakam bizi keseki ýaly edip satdy, indi şol pullaryň hasabyna ýaşap ýör+. 16 Hudaýyň kakamdan alan ähli baýlygy, aslynda, biziňki we çagalarymyzyňky+. Hudaý näme diýen bolsa, şony hem et»+.
17 Şeýlelikde, Ýakup çagalaryny, aýallaryny düýelere mündürip+, 18 Paddan-aramda edinen mallaryny, goş-golamlaryny+ alyp, Kengan ýurduna, kakasy Yshagyň ýanyna ýola düşdi+.
19 Laban gyrkyma gidipdi. Rahel pursatdan peýdalanyp, kakasynyň+ butlaryny*+ ogurlady. 20 Ýakup bolsa siriýaly* Labanyň özündenem ökde çykyp*, öýüne gaýtjagyny oňa aýtmady. 21 Ol ähli zadyny alyp, gaçyp gitdi we derýadan*+ geçip, Gileadyň+ daglaryna tarap ýola düşdi. 22 Üçünji gün diýlende, Laban Ýakubyň gaçyp gidendigini eşitdi. 23 Ol dogan-garyndaşlaryny ýygnap, Ýakuby kowalady. Ýedi günden Gileadyň daglarynda yzyndan ýetdi. 24 Gije Hudaý siriýaly* Labanyň+ düýşüne girip+: «Ýakuba ýagşydan-ýamandan hiç zat diýäýme»+ diýdi.
25 Ýakup Gileadyň daglarynda düşläpdi. Laban hem dogan-garyndaşlary bilen çadyryny şol ýerde dikdi. Ol Ýakubyň ýanyna baryp, 26 şeýle diýdi: «Nämä beýtdiň? Näme üçin meni aldap, gyzlarymy ýesir ýaly alyp gaýtdyň? 27 Mekirlik edip, aýtman-etmän gaýdyberipsiň. Aýdan bolsaň, deprek, arfa çalyp, aýdym aýdyp, şatlyk-şagalaň bilen ugradardym. 28 Gyzlarymy, agtyjaklarymy bagryma basyp* hoşlaşmaga-da mümkinçilik bermediň. Munyň-a gelşiksiz bolýar. 29 Saňa näme edeýin diýsem güýjüm ýetýär. Ýöne öten agşam ataň Hudaýy: „Ýakuba ýagşydan-ýamandan hiç zat diýäýme“+ diýip tabşyrdy. 30 Öýüňdäkileri küýsäpsiň diýeli, ýöne taňrylarymy ogurlap gaýtmaň näme?»+
31 Şonda Ýakup: «Gyzlaryňy zor bilen alyp galarsyň öýdüp, saňa aýtman gaýtdym. 32 Ýaňky diýýän taňrylaryňy bolsa kimden tapsaň, başy ölümlidir. Garyndaşlaryň öňünde goşlary barla-da göräý, nämäň çyksa, alyp gidiber» diýdi. Ýakup Raheliň butlary ogurlandygyny bilmeýärdi. 33 Laban Ýakubyň, Leýanyň we iki gyrnagyň+ çadyryny barlady, ýöne butlary tapmady. Ol Leýanyň çadyryndan çykyp, Raheliňkä girdi. 34 Rahel butlary alyp, düýäniň howudyna* salypdy, özem olaryň üstünde otyrdy. Laban çadyryň hemme ýerini barlap çykdy, ýöne olary tapmady. 35 Rahel bolsa: «Kaka, men şu wagt ýaramok*+, ýerimden turmaýanyma gaharlanma» diýdi. Laban näçe gözlese-de, butlaryny tapyp bilmedi+.
36 Şonda Ýakup Labana gaharlanyp: «Meni beýdip yzarlar ýaly, saňa näme ýamanlyk etdim? Etmişim näme? 37 Goş-golamlarymy bir çetden dörüp çykdyň, öýüňden alnan iňňe ýaly zat tapdyňmy? Tapan bolsaň, getir, dogan-garyndaşlaryň öňünde goý. Olar kimiň haklydygyny aýtsyn. 38 Soňky 20 ýylyň içinde saňa hyzmat etdim. Goýun-geçileriňden hiç biri owlak-guzusyny düşüren däldir+. Süriňden ýekeje goç hem iýmedim. 39 Ýyrtyjy haýwanyň penjesine düşen mallary ýanyňa getirmedim+, öwezini özüm doldum. Süriňden mal ogurlanaýsa, gündiz ogurlandymy ýa gije, tapawudy ýok, olaryň baryny menden talap ederdiň. 40 Gündiz depämden gün geçirip, agşam sowukdan titräp, gijelerimi ukusyz geçirdim+. 41 Ömrümiň 20 ýyly gapyňda geçdi. Gyzlaryň üçin 14 ýyl işledim, öz mal-garam bolsun diýip, süriňi ýene 6 ýyl bakdym. Sen bolsa hakymy telim* gezek üýtgetdiň+. 42 Atam Ybraýymyň Hudaýy+, kakam Yshagyň Hudaýy*+ arkamda durmadyk bolsa, elimi boş goýbererdiň. Ýöne Hudaý meniň çeken azabymy, ezýetimi görüp, öten agşam saňa duýduryş beripdir»+ diýdi.
43 Laban bolsa: «Gyzlaram, çagalaram, mal-garalaram meniňki. Ine şu görýän ähli zadyň meniňki, gyzlarymyňky. Gyzlaryma ýa agtyklaryma ýamanlyk etmäge, heý-de, elim bararmy? 44 Gel, ikimiz äht baglaşaly. Goý, şol äht aramyzdaky ylalaşygy ýatlatsyn*» diýdi. 45 Şonda Ýakup bir daşy alyp, ýadygärlik edip goýdy+. 46 Ol dogan-garyndaşlaryna: «Daş üýşüriň!» diýdi. Olar daşlardan ullakan üýşmek etdiler. Soňra şol üýşmegiň üstünde iýip içdiler. 47 Laban oňa Ýegar-sahadut*, Ýakup bolsa Galet* diýip at goýdy.
48 Laban: «Daş üýşmegi ikimiziň aramyzdaky ähti ýatladar*» diýdi. Şol sebäpli Ýakup oňa Galet+ we 49 Garawul diňi diýen ady goýdy, sebäbi Laban: «Biri-birimizden uzakda bolsak-da, goý, Ýehowa edýän işlerimize gözegçilik etsin. 50 Gyzlarymy ynjydaýsaň ýa olaryň üstüne aýal alaýsaň, bilip goý, adam görmese-de, Hudaý görýändir» diýdi. 51 Soňra Laban Ýakuba: «Ine, ikimiziň diken ýadygärlik daşymyz we daş üýşmegi aramyzda dur. 52 Sen-ä men tarapa, menem sen tarapa ýaman niýet bilen geçmez ýaly, goý, şol ýadygärlik daşy we daş üýşmegi ähtimizi ýatlatsyn*+. 53 Ybraýymyň Hudaýy+, Nahuryň Hudaýy, olaryň atasynyň Hudaýy ikimize kazylyk etsin» diýdi. Ýakup hem kakasy Yshagyň Hudaýynyň*+ adyndan ant içdi.
54 Ýakup şol dagda Hudaýa gurbanlyk berip, dogan-garyndaşlaryny nahara çagyrdy. Olar iýip-içip, gijesini şol ýerde geçirdiler. 55 Laban ir bilen turup, gyzlaryny, agtyklaryny bagryna basdy-da*+, olara ak pata berip+, öýüne gaýtdy+.
32 Ýakup ýoluny dowam etdi. Ýolda öňünden Hudaýyň perişdeleri çykdy. 2 Ýakup perişdeleri görüp: «Bärde Hudaýyň goşuny düşläpdir!» diýdi-de, şol ýere Mahanaýym* diýip at goýdy.
3 Soňra Ýakup Edoma+, ýagny Segir ýurduna+ agasy Ysawyň ýanyna habarçylaryny ýollap, 4 şeýle tabşyryk berdi: «Hojaýynym Ysawa aýdyň: „Guluň Ýakup şeýle diýýär: „Şu wagta çenli Labanyň öýünde ýaşap+, 5 öküzleri, eşekleri, goýun-geçileri, gul-gyrnaklary edindim+. Agam, şu habarçylarymy seniň göwnüňi tapmak üçin iberdim“».
6 Biraz wagtdan habarçylar Ýakubyň ýanyna dolanyp: «Agaň Ysaw bilen gepleşdik. Ol seni garşylamaga gelýär, ýanynda-da 400 nökeri bar»+ diýdiler. 7 Muny eşiden Ýakup gorkup, howsala düşdi+. Ol adamlaryny we goýun-geçilerini, öküzlerini, düýelerini iki topara böldi. 8 Ýakup: «Eger Ysaw bir toparyň üstüne çozsa, beýlekisi gaçyp gutular» diýip pikir etdi.
9 Soňra Ýakup Hudaýa doga edip, şeýle diýdi: «Atam Ybraýymyň, kakam Yshagyň Hudaýy Ýehowa, sen maňa: „Ýurduňa, dogan-garyndaşlaryň ýanyna dolan, seniň aladaňy ederin“ diýipdiň+. 10 Men seniň wepaly söýgiňe*, munça ýagşylygyňa mynasyp däl+. Iordan derýasyndan geçenimde, elimde hasamdan başga zat ýokdy. Indi welin uly hojalygym, birgiden mal-garam bar*+. 11 Ýalbarýaryn+, meni doganym Ysawyň elinden halas et. Ol üstüme hüjüm edäýse+, aýallarymyza, çagalarymyza çenli gyrar öýdýärin. 12 Maňa: „Seniň aladaňy ederin, nesliňi deňiz çägesi deý köpelderin, olar sanardan köp bolar“ diýipdiň»+.
13 Ýakup gijäni şol ýerde geçirdi. Soňra agasy Ysawa sowgat-serpaý etjek mallaryny saýlady+. 14 Ol sürüsinden 200 geçi, 20 teke, 200 goýun, 20 goç 15 bilen 30 köşekli düýe, 40 sygyr, 10 öküz, 30 eşek* saýlap aldy+.
16 Ýakup mallary aýry-aýry sürä böldi. Sürüleriň hersini bir hyzmatkärine tabşyryp: «Öňümizden gidip, derýadan geçiň. Her süriniň arasyny biraz açyp ýöräň» diýdi. 17 Ol birinji hyzmatkärine: «Doganym Ysaw öňüňden çykyp: „Kimiň guly bolarsyň? Nirä barýaň? Süri kimiňki?“ diýip sorasa, 18 „Guluňyz Ýakubyň sürüsi. Hojaýyn, ol mallary size sowgat-serpaý edip iberdi+, özi yzymyzdan gelýär“ diý» diýip tabşyrdy. 19 Ýakup ikinji, üçünji hyzmatkärine, sürüleri äkiden ähli hyzmatkärine şol bir tabşyrygy berip: «Ysawa duşanyňyzda, sizem ýaňky diýenlerimi aýdyň. 20 Soňam: „Guluň Ýakup yzymyzdan gelýär“ diýiň» diýdi. Sebäbi Ýakup: «Sowgat-serpaý iberip, agamyň ýüregini ýumşadyp bilsem+, meni güler ýüz bilen garşylar» diýip pikir edýärdi. 21 Şeýlelikde, ol sowgatlary öňünden iberdi, özi bolsa agşam düşelgede galdy.
22 Ýakup gije turup, iki aýalyny+, iki gyrnagyny+ we 11 ogluny alyp, Ýabok derýasynyň ýalpak ýerinden geçdi+. 23 Ol bütin maşgalasyny we ähli zadyny derýadan geçirdi.
24 Ýakup ýeke galanda, bir adam* peýda bolup, daňa çenli onuň bilen göreşdi+. 25 Ol adam Ýakubyň ýan bermeýändigini görüp, onuň but süňküne elini degirdi. Şonda Ýakubyň but süňki çykdy+. 26 Ol Ýakuba: «Daň atyp barýar, meni goýber!» diýdi. Ýakup bolsa: «Ak pata bermeseň, goýbermerin!»+ diýdi. 27 Ol Ýakupdan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Ýakup» diýdi. 28 Şonda ol adam: «Indi adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl*+ bolar, sebäbi sen Hudaý hem adamlar bilen göreşip+, ahyrynda üstün çykdyň» diýdi. 29 Ýakup ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol bolsa: «Adymy näme üçin soraýaň?»+ diýdi-de, şol ýerde oňa ak pata berdi. 30 Ýakup: «Hudaý bilen ýüzbe-ýüz bolsam-da, diri galdym»+ diýip, şol ýere Peniýel*+ diýip at goýdy.
31 Ýakup Penuwelden* geçende, jahan ýagtylypdy. Ol agsap ýöreýärdi, sebäbi but süňki çykypdy+. 32 Ysraýyllar häli-häzire çenli malyň budundaky siňri* iýmeýärler, sebäbi ol adam Ýakubyň budunyň siňrine elini degripdi.
33 Ýakup görse, Ysaw 400 nökeri bilen golaýlaşyp gelýär+. Ol çagalaryny Leýa, Rahele we iki gyrnagyna tabşyrdy+. 2 Gyrnaklary we olaryň çagalaryny öňde+, Leýany we onuň çagalaryny olardan soň+, Rahel+ bilen Ýusuby bolsa iň yzda goýdy. 3 Özi hem öňe geçip, agasyna tarap ýöräp ugrady we ýanyna ýetýänçä, ýedi gezek tagzym etdi.
4 Ysaw ylgap gelip, Ýakuby gujaklap ogşady; olar aglaşdylar. 5 Ysaw aýallary we çagalary görüp: «Bular kim?» diýip sorady. Ýakup: «Olary maňa* Hudaý berdi»+ diýdi. 6 Şonda gyrnaklary çagalary bilen gelip, Ysawa tagzym etdiler. 7 Leýa hem çagalary bilen öňe çykyp, tagzym etdi. Iň soňunda Ýusup bilen Rahelem gelip, tagzym etdi+.
8 Ysaw: «Hyzmatkärleriň bilen birgiden maly näme üçin iberdiň?»+ diýip sorady. Ýakup: «Göwnüňi tapaýyn diýip ugratdym, agam»+ diýdi. 9 Şonda ol: «Inim, meniň kem zadym ýok+. Mallaryň özüňde galsyn» diýdi. 10 Ýakup bolsa: «Ýok, beý diýme. Menden razy bolsaň, sowgat-serpaýymy kabul et. Olary seniň güler ýüzüňe zar bolup iberdim. Meni gujak açyp garşylanyňda, edil Hudaýyň ýüzüni gören ýaly boldum+. 11 Ýagşy niýet bilen beren zadymy yzyna gaýtarma+. Hudaý rysgal-döwletimi artdyrdy»+ diýdi. Ol ýalbaryp duransoň, Ysaw ahyry sowgat-serpaýlary aldy.
12 Soňra Ysaw: «Indi ýola düşeliň. Men öňüňizden ýöräp giderin» diýdi. 13 Emma Ýakup: «Agam, kiçi çagalarym bar+. Owlak-guzuly goýunlar, göleli sygyrlar hem maňa alada, olary bir günde gyssap äkitsek, bary haram öler. 14 Şonuň üçin sen gidiber. Men çagalar bilen mal-gara görä, ýuwaş-ýuwaşdan gyssanman bararyn. Seniň bilen Segirde görşeris»+ diýdi. 15 Ysaw: «Onda birnäçe nökerimi ýanyňda goýup gideýin» diýdi. Ýakup bolsa: «Ýok, azar etme. Hojaýynymyň göwnüni tapan bolsam, şonuň özem ýetik» diýdi. 16 Ysaw şol gün Segire dolandy.
17 Ýakup bolsa Sukota+ gidip, özüne öý, mallaryna agyl gurdy. Ol şol ýere Sukot* diýip at goýdy.
18 Şeýlelikde, Paddan-aramdan+ gaýdan Ýakup sag-aman Kengan ýurdundaky+ Şekem+ şäherine geldi. Ol şäheriň golaýynda düşledi. 19 Soňam Şekemiň kakasy Hamoryň ogullaryndan 100 kümüş teňňä bir bölek ýer satyn alyp, çadyryny dikdi+. 20 Ýakup şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurup, oňa «Hak Hudaý Ysraýylyň Hudaýydyr»+ diýip at goýdy.
34 Ýakup bilen Leýanyň gyzy Dina+ şol ýurduň gyzlary+ bilen gatnaşýardy*. 2 Dina hiwileriň+ baştutany Hamoryň ogly Şekemiň gözüne ildi. Günlerde bir gün ol Dinany tutup zorlady. 3 Şekem Ýakubyň gyzyny gowy gördi. Ol Dina aşyk bolup, süýji sözler bilen göwnüni awlamaga çalyşýardy. 4 Şekem kakasy Hamora+: «Şu gyz üçin sawçylyga gidäý» diýdi.
5 Ýakup gyzy Dinanyň zorlanandygyny eşidende, ogullary örüde mal bakyp ýördi. Şonuň üçin ol sesini çykarman, ogullarynyň gelerine garaşdy. 6 Biraz wagtdan Şekemiň kakasy Hamor Ýakubyň ýanyna sawçylyga geldi. 7 Ýakubyň ogullary bolan zatlary eşidip, dessine öýlerine gaýdyp geldiler. Olar namys edip, gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardylar. Sebäbi Şekem Ýakubyň gyzyny zorlap, namysyna degmek+ bilen, Ysraýyly ile-güne masgara edipdi+.
8 Hamor olara: «Oglum Şekem gyzyňyza aşyk bolupdyr. Gyzyňyzy ogluma sorap geldim. 9 Garyndaşlyk açalyň, guda bolup, gyz alşyp-berşeliň+. 10 Aramyzda ýaşaň, ine, tutuş ýurt siziňki. Söwda-satyk ediň, ýurtda ýerleşiň» diýdi. 11 Soňra Şekem gyzyň kakasyna we doganlaryna: «Bize ýok diýmäň, näme diýseňiz bereýin. 12 Galyňmy, halat-serpaýmy+, aýdan zadyňyzy getireýin, gyzyňyzy berseňiz bolýar» diýdi.
13 Ýakubyň ogullary bolsa Dinanyň namysyna degendigi üçin Şekemi we kakasy Hamory aldap: 14 «Uýamyzy sünnetsize+ bersek, ile çykarlygymyz galmaz. 15 Bir şertimiz bar: ähli erkekleriňiz biz ýaly sünnetlensin+. 16 Şonda guda bolup, bir halk ýaly agzybir ýaşarys. 17 Ýöne aýdylany etmän, sünnetlenmeseňiz, gyzy alyp gaýdarys» diýdiler.
18 Hamor+ bilen ogly Şekem+ olaryň şertini halady. 19 Şekem haýal etmän munuň ugruna çykdy+, sebäbi ol Ýakubyň gyzyny gowy görýärdi. Şekem kakasynyň öýünde iň abraýlysydy.
20 Hamor bilen Şekem şäher derwezesine baryp, halka şeýle diýdiler+: 21 «Olaryň hiç hili duşmançylygy ýok. Aramyzda ýaşap, söwda-satyk etsinler. Ýurt giň, bärde ýaşasalar-da, ýer darlyk etmez. Olar bilen guda bolup, gyz alşyp-berşeris+. 22 Olar biz bilen bir halk bolup ýaşamak isleýärler, ýöne bir şertleri bar, ähli erkekleriňiz biz ýaly sünnetlensin diýýärler+. 23 Şeýtsek, olaryň mal-mülki, baýlygy we sürüleri biziňki bolar. Olar aramyzda ýaşar ýaly, geliň, olaryň aýdyşy ýaly edeliň». 24 Şäher derwezesine ýygnanan adamlar Hamor bilen ogly Şekemiň sözüne gulak asdylar we ähli erkekler sünnetlendiler.
25 Üçünji gün adamlar heniz sünnetiň yzasyny çekip ýörkä, Ýakubyň iki ogly, Dinanyň agalary+ Şimgon bilen Lewi gylyçlaryny alyp, hiç kime bildirmän, şähere girdiler-de, erkekleriň baryny gyrdylar+. 26 Hamor bilen ogly Şekemi hem gylyçdan geçirip, Dinany Şekemiň öýünden alyp gaýtdylar. 27 Ýakubyň beýleki ogullary-da çalajan bolup ýatan adamlaryň üstüne çozup, uýasynyň namysyna degleni üçin+, şäheri taladylar. 28 Olaryň goýun-geçilerini, öküzlerini, eşeklerini, şäherdäki we meýdandaky bar zatlaryny alyp gaýtdylar. 29 Çaga-çugalaryny we aýallaryny hem ýesir aldylar, öýlerini talap, ähli goşlaryny äkitdiler.
30 Şonda Ýakup ogullary Şimgon bilen Lewä+: «Siz meni ýurduň ilatyna, kenganlara hem perizlere duşman edip, başymy agyr derde saldyňyz. Mende sanlyja adam bar-a! Indi olar jemlenişip, üstüme çozarlar-da, meni bütin hojalygym bilen gyrarlar» diýdi. 31 Olar bolsa: «Näme, islän zatlaryny eder ýaly, uýamyz ahlaksyz gyzmy?!» diýdiler.
35 Soňra Hudaý Ýakuba: «Git-de, Beýtelde+ ýaşa we agaň Ysawdan gaçyp gaýdanyňda+ özüňe görnen hak Hudaý üçin gurbanlyk ojagyny* gur» diýdi.
2 Ýakup öý-içerisindäkilere we ýanyndaky adamlara: «Ýalan taňrylaryňyzy ýok ediň+, ýuwnup-ardynyň-da, eşikleriňizi çalşyň. 3 Ýörüň, Beýtele gideliň. Kyn günümde ahy-nalamy eşidip, nirä gitsem, meni goldan hak Hudaý+ üçin gurbanlyk ojagyny guraýyn» diýdi. 4 Olar ähli butlaryny we gulakhalkalaryny* Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky uly agajyň aşagynda gömdi.
5 Ýola düşenlerinde, Hudaý daş-töwerekdäki şäherleri gorka saldy. Şonuň üçin olar Ýakubyň ogullarynyň yzyndan kowalamadylar. 6 Ahyry Ýakup adamlary bilen Kengan ýurdundaky Luza+, ýagny Beýtele baryp ýetdi. 7 Ýakup gurbanlyk ojagyny gurup, şol ýeriň adyna Elbeýtel* goýdy. Sebäbi agasyndan gaçyp barýarka, hak Hudaý oňa şol ýerde görnüpdi+. 8 Biraz wagtdan Rebekanyň enekesi Debora+ ýogaldy. Ony Beýteliň çetindäki dub agajynyň aşagynda jaýladylar. Ýakup şol agaja Alon-bakut* diýip at goýdy.
9 Ýakup Paddan-aramdan gaýdyp gelýärkä, Hudaý oňa ýene-de görnüp, ak pata berdi. 10 Alla: «Seniň adyň Ýakup+. Ýöne indi adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şondan soň Hudaý Ýakuba Ysraýyl+ diýip başlady. 11 Soňra Hudaý: «Men Gudratygüýçli Hudaý+. Köpelip, sanyňy artdyr. Sen köp milletleriň, halklaryň atasy bolarsyň+, nesliňden patyşalar dörär+. 12 Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we nesliňe bererin»+ diýdi. 13 Hudaý Ýakup bilen gepleşip boldy-da, ýanyndan gitdi.
14 Ýakup Hudaý bilen gepleşen ýerinde daşlary üýşürip, daş üýşmeginiň üstüne şerap sadakasy bilen ýag guýdy+. 15 Ol Hudaý bilen gepleşen ýerine soň-soňlaram Beýtel+ diýerdi.
16 Olar Beýtelden çykyp, ýola düşdüler. Efratyň golaýynda Raheliň burgusy tutup başlady. Çagasy dogulýança, Rahel gaty kösendi. 17 Ol agyrysyna çydaman, iňňildäp ýatyrka, göbegene: «Gorkma, ýene bir ogluň boldy»+ diýdi. 18 Rahel demini sanap ýatyrka, janhowluna oglunyň adyna Bengam* dakdy, kakasy bolsa Benýamin*+ goýdy. 19 Şeýdip, Rahel aradan çykdy. Raheli Efrata, ýagny Beýtullahama+ barýan ýolda jaýladylar. 20 Ýakup mazaryň üstünde bir uly daş goýdy. Şol daş Raheliň mazarynda henizem dur.
21 Şondan soň Ysraýyl ýene-de ýola düşdi. Ol Eder diňine baryp, aňyrsynda çadyryny dikdi. 22 Ysraýyl şol ýurtda ýaşap ýörkä, Ruben kakasynyň gyrnagy Bilha bilen ýatdy. Muny Ysraýyl hem eşitdi+.
Ýakubyň 12 ogly bardy. 23 Leýadan bolan ogullary: nowbahar ogly Ruben+, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysahar we Zebulun. 24 Rahelden bolan ogullary: Ýusup bilen Benýamin. 25 Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan bilen Naftaly. 26 Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gad bilen Aşer. Olar Ýakubyň Paddan-aramda doglan ogullarydy.
27 Ahyrsoňy Ýakup kakasy Yshagyň ýanyna geldi. Yshak Ybraýym bilen özüniň gelmişek bolup ýaşan+ ýerinde, Kirýat-arbadaky, ýagny Hebrondaky Mamrede+ bolýardy. 28 Yshak 180 ýaşady+. 29 Ol uzak ömür sürüp, durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi. Ogullary Ysaw bilen Ýakup kakasyny jaýladylar+.
36 Ysawyň, ýagny Edomyň+ ömri şeýledir.
2 Ysaw Kengan gyzlaryna öýlendi. Ol het halkyndan Elonyň+ gyzy Adany+, hiwi halkyndan Anahyň gyzy, Zybgonyň agtygy Oholbamy+, 3 Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň+ uýasy Basematy+ aldy.
4 Ada Ysawa Alypazy, Basemat Reguweli,
5 Oholbam bolsa Ýeguşy, Ýelamy we Karuny+ dogrup berdi.
Olar Ysawyň Kenganda doglan ogullarydy. 6 Soňra Ysaw aýallaryny, ogul-gyzlaryny, tutuş öý-içerisini, mal-garasyny+, Kenganda toplan ähli baýlygyny alyp, inisi Ýakubyň ýanyndan başga ýurda göçdi+. 7 Sebäbi olaryň mal-mülki köpelip, bile ýaşamak kynlaşdy. Sürüleriniň köplüginden ýaňa öri meýdany darlyk edýärdi. 8 Şonuň üçin Ysaw Segiriň daglaryna+ göçdi. Ysawa Edom+ hem diýerdiler.
9 Segiriň daglarynda ýaşan edomlylaryň atasy Ysawyň nesli+ şulardyr*.
10 Ysawyň ogullary: aýaly Adadan bolan Alypaz, Basematdan bolan Reguwel+.
11 Alypazyň ogullary: Teýman+, Omar, Zepo, Gatam we Kenaz+. 12 Timna Ysawyň ogly Alypazyň gyrnagydy. Ol Alypaza Amalegi+ dogrup berdi. Olar Ysawyň aýaly Adanyň agtyklarydy.
13 Reguweliň ogullary: Nahat, Zera, Şammaý we Mizza. Olar Ysawyň aýaly Basematyň+ agtyklarydy.
14 Anahyň gyzy, Zybgonyň agtygy Oholbam äri Ysawa Ýeguşy, Ýelamy we Karuny dogrup berdi.
15 Ysawyň neslinden gelip çykan emirler*+ şulardyr: Ysawyň uly ogly Alypazyň ogullary: Teýman emir, Omar emir, Zepo emir, Kenaz+ emir, 16 Karun emir, Gatam emir we Amalek emir. Alypazyň+ ogullary Edom ýurdunyň emirleridi. Olar Adanyň agtyklarydy.
17 Ysawyň ogly Reguweliň ogullary: Nahat emir, Zera emir, Şammaý emir we Mizza emir. Reguweliň ogullary Edom ýurdunyň+ emirleridi. Olar Ysawyň aýaly Basematyň agtyklarydy.
18 Ysawyň aýaly Oholbamyň ogullary: Ýeguş emir, Ýelam emir we Karun emir. Olar Anahyň gyzy, Ysawyň aýaly Oholbamdan dörän emirlerdi.
19 Bular Ysawyň, ýagny Edomyň+ ogullary we olardan dörän emirlerdir.
20 Şol ýurtda ýaşaýan hory halkyndan Segiriň ogullary+ şulardyr: Lotan, Şobal, Zybgon, Anah+, 21 Dişon, Ezer we Dişan+. Segiriň ogullary Edom ýurdundaky hory halkynyň emirleridi.
22 Lotanyň Hor we Hemam diýen ogullary bardy. Uýasynyň ady Timnady+.
23 Şobalyň ogullary: Alwan, Manahat, Gewal, Şepa we Onam.
24 Zybgonyň+ ogullary: Aýah bilen Anah. Anah kakasy Zybgonyň eşeklerini bakyp ýörkä, çölde gyzgyn suwly çeşmeleri tapdy.
25 Anahyň Dişon atly ogly, Oholbam diýen gyzy bardy.
26 Dişonyň ogullary: Hemdan, Eşban, Ytran we Keran+.
27 Ezeriň ogullary: Bilhan, Zagawan we Akan.
28 Dişanyň ogullary: Uz bilen Aran+.
29 Hory halkynyň emirleri şulardyr: Lotan emir, Şobal emir, Zybgon emir, Anah emir, 30 Dişon emir, Ezer emir we Dişan+ emir. Olar Segir ýurdundaky hory halkynyň emirleridi.
31 Ysraýyllaryň heniz patyşasy ýokka+, Edom ýurdunda höküm süren patyşalar+ şulardyr: 32 Benur ogly Beli Edomda hökümdarlyk etdi, onuň şäherine Dinhaba diýýärdiler. 33 Beli ýogalyp, ýerine bosraly Zeranyň ogly Ýobap geçdi. 34 Ýobap ýogalyp, ýerine teýmanly Huşam geçdi. 35 Huşam ýogalyp, ýerine Bedatyň ogly Hadat geçdi. Ol Mowap topragynda midýanlary+ derbi-dagyn etdi. Onuň şäherine Awit diýýärdiler. 36 Hadat ýogalyp, ýerine masrekaly Samlak geçdi. 37 Samlak ýogalyp, ýerine derýanyň boýundaky Rehobotdan Şewul geçdi. 38 Şewul ýogalyp, ýerine Ahboryň ogly Bagalhanan geçdi. 39 Ahboryň ogly Bagalhanan ýogalyp, ýerine Hadar geçdi. Onuň şäherine Paw diýýärdiler. Aýalynyň ady Mehetabeldi; ol Matretiň gyzy, Mezhabyň agtygydy.
40 Tirelerine we ýaşaýan ýerlerine görä, Ysawyň nesillerinden dörän emirler şulardyr: Timnah emir, Alwa emir, Ýetet+ emir, 41 Oholbaý emir, Elah emir, Pinon emir, 42 Kenaz emir, Teýman emir, Mibsar emir, 43 Magdyýel emir we Iram emir. Olar ýaşan ýerlerine görä+, Edomyň emirleridi. Ysaw edomlylaryň atasydy+.
37 Ýakup Kenganda, kakasynyň gelmişek bolup ýaşan ýurdunda ýaşaýardy+.
2 Ýakubyň ömri şeýledir.
Ýusup+ 17 ýaşly oglanka, kakasynyň gyrnaklary Bilhanyň+ we Zilpanyň+ ogullary bilen mal bakýardy+. Bir gün ol doganlarynyň edýän erbet işlerini kakasyna gürrüň berdi. 3 Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan+ has gowy görerdi, sebäbi ol garran çagy doglan ogludy. Kakasy Ýusuba üýtgeşik don hem tikip berdi. 4 Kakalarynyň Ýusuby has gowy görýändigini bilip, doganlary Ýusuby ýigrenýärdiler we gödek gürleşýärdiler.
5 Günlerde bir gün Ýusup doganlaryna gören düýşüni gürrüň berdi+. Şonda olar Ýusuby öňküden-de beter ýigrenip başladylar. 6 Ýusup olara: «Agalarym, size gören düýşümi gürrüň bereýin. 7 Biz meýdanda bugdaý desseläp ýören ekenik. Birdenkä meniň dessäm dikeldi. Siziň desseleriňiz bolsa daşyna aýlanyp, baş egdiler»+ diýdi. 8 Şonda doganlary: «Näme, üstümizden patyşa bolup, agalyk etjek bolýaňmy?»+ diýdiler. Gören düýşi we aýdan zatlary üçin, olar Ýusuby has-da ýigrendiler.
9 Ýusup ýene bir düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berip: «Men ýene düýş gördüm. Bu gezek maňa Gün, Aý hem 11 ýyldyz baş egdi»+ diýdi. 10 Soňra Ýusup düýşüni doganlarynyň ýanynda kakasyna-da gürrüň berdi. Şonda kakasy oňa käýäp: «Düýşüňe nähili düşünmeli? Näme, indi menem, ejeňem, doganlaryňam öňüňde iki bükülip, tagzym etmeli bolarysmy?» diýdi. 11 Şondan soň agalary Ýusuba has-da göriplik edip başladylar+, kakasy bolsa oglunyň aýdanlaryny ýüreginde saklady.
12 Bir gün Ýusubyň agalary Şekemiň+ golaýyna kakalarynyň sürüsini bakmaga gitdiler. 13 Ysraýyl Ýusuba: «Agalaryň Şekemiň golaýynda mal bakyp ýör. Gidip, olardan habar tutup gaýt» diýdi. Ýusup: «Bolýar, kaka» diýdi. 14 Şonda kakasy: «Bar, onda doganlaryň ýagdaýy nähili, mallar nähili, hemme zat gowulykmy, bilip gel» diýip, Ýusuby Hebron jülgesinden+ Şekeme iberdi. 15 Ýusup öri meýdanda iki ýana aýlanyp ýörkä, biri ony görüp: «Inim, kimi gözleýäň?» diýip sorady. 16 Ýusup: «Doganlarymy gözläp ýörün. Sürülerini nirede bakýanlaryny bilýän-ä dälsiň?» diýdi. 17 Ýaňky adam: «Olar bärden gitdiler. „Dotana gideliň“ diýenler-ä gulagyma ildi» diýdi. Şonda Ýusup Dotana gidip, agalaryny tapdy.
18 Doganlary Ýusuby uzakdan gördüler. Ýusup heniz gelmänkä, doganlary ony öldürmek hakda dil düwşüp başladylar. 19 Olar bir-birine: «Serediň, düýşleriň soltany+ gelýär! 20 Geliň, Ýusuby öldürip, jesedini gurruk guýa taşlalyň-da, ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Hany onsoň göreli, ojagaz düýşleri çyn bolarmyka?!» diýişdiler. 21 Muny eşiden Ruben+: «Ýok, öldürmäliň!»+ diýdi. Ol Ýusuby doganlarynyň elinden halas etjek bolýardy. 22 Ruben olara: «Ýusubyň ganyna galmaň+, çölüň içinde şu guýa taşlasaňyz taşlaň, ýöne öldürmäň»+ diýdi. Ol Ýusuby halas edip, kakasyna sag-aman gowşurjak bolýardy.
23 Ýusup agalarynyň ýanyna baran badyna, olar onuň egninden owadan donuny+ sypyryp aldylar. 24 Özüni bolsa tutup, guýa taşladylar. Şol wagt guýy boşdy, içinde suw ýokdy.
25 Soňra olar iýip-içmäge oturdylar. Bir seretseler, Gileaddan ysmaýyllaryň+ kerweni gelýän eken. Düýelere ladan* şiresini, melhem we şireli agaç gabygyny+ ýükläp, Müsüre äkidip barýardylar. 26 Şonda Ýahuda doganlaryna: «Inimizi öldürip, etmişimizi gizlänimiziň näme peýdasy bar?+ 27 Gowusy, Ýusuby ysmaýyllara satalyň+. Ol biziň elimizden bir ölmesin, näme-de bolsa, ganybir doganymyz» diýdi. Olar Ýahudanyň aýdyşy ýaly etdiler. 28 Midýan+ täjirleri golaýa gelende, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ysmaýyllara 20 şekel kümşe satdylar+. Olaram Ýusuby Müsüre alyp gitdiler.
29 Biraz wagtdan Ruben dolanyp geldi. Ol guýuda Ýusubyň ýokdugyny görende, dady-perýat edip, ýakasyny ýyrtdy. 30 Soňra doganlarynyň ýanyna baryp: «Inimiz ýok! Işim gaýtdy, indi nätsemkäm?!» diýip gygyrdy.
31 Olar bir tekäni soýup, Ýusubyň donuny gana buladylar. 32 Soňra dony kakalaryna iberip: «Şu dony tapdyk welin, gör hany, ogluňky dälmi?»+ diýip habar ýolladylar. 33 Ýakup donuň eýlesine-beýlesine seredişdirip: «Oglumyň dony! Wah, balam wagşy haýwanyň penjesine düşüp, tike-tike bolupdyr!» diýip perýat etdi. 34 Ol ýakasyny ýyrtyp, biline jul orap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy. 35 Ogul-gyzlary Ýakuba göwünlik berjek bolýardy, ýöne ol çagalaryny diňlemän: «Indi ölýänçäm*+, oglumyň ýasyny tutaryn!» diýdi. Kakasy Ýusup üçin köp wagtlap hasrat çekdi.
36 Midýanlar bolsa Ýusuby Müsüre eltip, faraonyň köşk emeldary, garawullaryň baştutany+ Potifara+ satdylar.
38 Şol wagtlar Ýahuda doganlarynyň ýanyndan göçüp gitdi. Ol adullamly Hiranyň golaýynda çadyryny dikdi. 2 Ýahuda şol ýerde kenganlardan+ Şuwanyň gyzy bilen tanşyp, oňa öýlendi. 3 Aýaly göwreli bolup, ogul dogurdy. Ýahuda oglunyň adyna Er+ dakdy. 4 Aýaly ýene göwreli bolup, ogul dogurdy we adyna Onan goýdy. 5 Soňra ýene bir ogly boldy we adyna Şela dakdy. Çaga doglanda, olar* Akzypdady+.
6 Ýahuda uly ogly Eri öýlendirdi, gelniniň ady Tamardy+. 7 Emma Ýahudanyň uly ogly Er Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edýärdi. Şonuň üçin Ýehowa Eri öldürdi. 8 Şonda Ýahuda Onana: «Agaň nesli ýitip gitmez ýaly, aýalyna öýlen»+ diýdi. 9 Emma Onan doguljak çaganyň özüniňki hasaplanmajagyny bilýärdi+. Şonuň üçin ol doganynyň aýalyna ýanaşsa-da*, çaga galdyrmajak bolup, tohumyny ýere dökerdi+. 10 Ýehowa Onanyň edýänini erbetlik hasaplap, ony hem öldürdi+. 11 Ýahuda gelni Tamara: «Oglum Şela ulalýança, hiç kime durmuşa çykman, ataň öýünde boluber» diýdi. Sebäbi Ýahuda Şela hem beýleki ogullary ýaly öler öýdüp gorkýardy+. Şeýlelikde, Tamar atasy öýüne gaýtdy.
12 Birnäçe wagtdan Şuwanyň gyzy, Ýahudanyň aýaly+ ýogaldy. Ýas günlerini sowup, Ýahuda adullamly dosty Hiran+ bilen gyrkymçylarynyň ýanyna Timnaha+ gitdi. 13 Tamara: «Gaýynataň Timnaha gyrkyma gidýär» diýip habar berdiler. 14 Şonda ol dul geýimini çalyşdy-da, ýapynja örtünip, ýüzüni büräp, Timnahyň ýolundaky Enaýymyň derwezesinde oturdy. Sebäbi Tamar Şelanyň ulalandygyny bilýärdi, gaýynatasy bolsa ony Şela alyp bermändi+.
15 Ýahuda Tamary görüp, ahlaksyz aýaldyr öýtdi, sebäbi ol ýüzüni ýapypdy. 16 Ýahuda Tamaryň öz gelnidigini+ bilmän, ýanyna baryp: «Bile ýataly» diýdi. Ol bolsa: «Näme berjek?» diýip sorady. 17 Ýahuda: «Sürimden owlak ibererin» diýip jogap berdi. Emma gelin: «Owlagy iberýänçäň, girew goýup biljekmi?» diýdi. 18 Ýahuda: «Näme goýaýyn?» diýip soranda, gelin: «Eliňdäki hasaňy we möhürli ýüzügiňi+ ýüpi bilen ber» diýdi. Ýahuda şol zatlary berip, onuň bilen ýatdy. Ol hem göwreli boldy. 19 Tamar turup, öýüne gaýtdy we ýapynjasyny aýryp, ýene-de dul geýimini geýdi.
20 Ýahuda girew goýan zatlaryny yzyna almak üçin, adullamly dostundan+ bir owlak iberdi. Emma dosty ol aýaly tapmady. 21 Ol ýerli ýaşaýjylardan: «Enaýymdaky ýolda ahlaksyz aýal* oturýardy, şol niredekä?» diýip soraşdyrdy. Olar bolsa: «Bärde hiç wagtam ahlaksyz aýal bolmandy» diýdiler. 22 Ahyry ol Ýahudanyň ýanyna baryp: «Men-ä aýaly tapmadym. Ýerli halk: „Bärde hiç wagt ahlaksyz aýal* bolmandy“ diýýär» diýdi. 23 Şonda Ýahuda: «Aý, bor-la, şol zatlar onuňky bolaýsyn. Ol aýaly gözläp, biabraý bolup ýörmäli. Men-ä owlagy iberdim, ýöne nätjek, ony tapyp bilmänsiň-dä» diýdi.
24 Üç aýa golaý wagt geçdi. Ýahuda: «Gelniň Tamar ahlaksyzlyk edip, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Şonda Ýahuda: «Ony çykaryp, öldüriň-de, ýakyň»+ diýdi. 25 Tamary äkidip barýarkalar, ol girewine alan zatlaryny gaýynatasyna iberip: «Men şu zatlaryň eýesinden göwreli boldum. Haýyş, şu hasanyň, möhürli ýüzük bilen ýüpüň kimiňkidigini anyklap beräýiň»+ diýdi. 26 Ýahuda öz zatlaryny tanap: «Bolan zatlara ol günäkär däl. Bar günä mende, sebäbi ony oglum Şela alyp bermedim»+ diýdi. Şondan soň ol Tamara asla ýanaşmady.
27 Aýy-güni dolup, dogurmaly wagty gelende, Tamaryň göwresinde ekiz çaga bardygy bilindi. 28 Dogurýan wagty çagalaryň biri eljagazyny çykardy. Şonda göbegene: «Şu öňürti doguldy» diýip, dessine eline gyrmyzy ýüpjagaz daňdy. 29 Emma çaga elini yzyna çekdi welin, beýlekisi doguldy. Şonda göbegene: «Näme beýdip dyzap çykdyň?» diýdi. Şonuň üçin adyna Perez*+ dakdylar. 30 Soňra eli gyrmyzy ýüplüje çaga doguldy, adyna Zera+ goýdular.
39 Ysmaýyllar+ Ýusuby Müsüre eltdiler+. Faraonyň köşk emeldary, garawullaryň baştutany Potifar+ Ýusuby olardan satyn aldy. 2 Ýehowa Ýusuby goldaýardy+. Ýusubyň edeni ugruna bolýardy. Müsürli hojaýyny ony öýüne gözegçi edip goýdy. 3 Hojaýyny hem Ýehowanyň Ýusuby goldaýandygyny, ähli işine Ýehowanyň bereket berýändigini görýärdi.
4 Şeýlelikde, Ýusup hojaýynynyň göwnünden turup, onuň geňeşçisi* boldy. Potifar ony bütin hojalygyna baş edip, ähli zadyny ynandy. 5 Şondan soň Ýehowa Ýusubyň hatyrasyna müsürli Potifaryň rysgal-döwletini artdyrdy. Ýehowa Potifaryň tutuş öýüne we ekin meýdanlaryna bol bereket berdi+. 6 Wagtyň geçmegi bilen, Potifar bütin mal-mülküni Ýusuba tabşyrdy. Indi Potifar iýjek çöreginden başga zada kellesini agyrtmaýardy. Ýusup daýaw hem görmegeý ýigit bolup ýetişdi.
7 Birnäçe wagtdan Potifaryň aýaly Ýusuba göz gyzdyryp: «Meniň bilen ýat» diýip başlady. 8 Ýöne Ýusup yrylmady. Ol Potifaryň aýalyna: «Hojaýynym menden arkaýyn bolansoň, öýündäki zatlar hakda hiç hili hasabat soramaýar. Ol bar zadyny maňa ynandy. 9 Şu öýde menden ygtyýarly adam ýok. Ol senden başga hemme zadyny elime berdi, sebäbi sen hojaýynymyň aýaly. Onsoň, men nädip beýle erbet iş edip, Hudaýa garşy günä edeýin?!»+ diýdi.
10 Potifaryň aýaly Ýusuby her gün yrjak bolýardy. Ýöne Ýusup hiç yrylmaýardy, onuň bilen ikiçäk hem galmaýardy. 11 Günlerde bir gün Ýusup öz işi bilen öýe girdi, şol wagt içerde hyzmatkärleriň hiç biri ýokdy. 12 Şonda hojaýynyň aýaly Ýusuba ýapyşyp, eşiginden tutdy-da: «Meniň bilen ýatsana!» diýdi. Emma Ýusup daşaryk gaçyp gitdi, eşigi bolsa aýalyň elinde galdy. 13 Potifaryň aýaly Ýusubyň eşigini taşlap gaçyp gidenini görende, 14 hyzmatkärleri çagyryp: «Serediň-ä, ärimiň öýe getiren ýewreý guly meni zorlap, ile-güne masgara etjek boldy! Menem sesimiň ýetdiginden gygyrdym. 15 Gygyryp başladym welin, eşigini taşlady-da, gaçyp gitdi» diýdi. 16 Hojaýyny gelýänçä, aýal Ýusubyň eşigini ýanynda saklady.
17 Ol ärine-de: «Seniň ýewreý guluň meni biabraý etjek boldy. 18 Ýöne gygyryp başladym welin, eşigini taşlap, daşaryk gaçyp gitdi» diýdi. 19 Aýaly: «Guluň maňa şeýtdi» diýen badyna, Potifaryň gany depesine urdy. 20 Ol Ýusuby äkidip, zyndana taşlady. Şol zyndanda patyşanyň tussaglary saklanýardy. Şeýdip, Ýusup türmä düşdi+.
21 Ýöne Ýehowa wepaly söýgüsi* bilen Ýusuby zyndanda-da goldaýardy. Hudaýyň kömegi bilen, Ýusup zyndanyň başlygynyň hormatyny gazandy+. 22 Zyndanyň başlygy ähli tussaglary Ýusuba tabşyrdy. Ýusup olaryň işlerine gözegçilik ederdi, hiç kim onuň sözünden çykmazdy+. 23 Zyndanyň başlygy Ýusuba ynanan işlerini barlajak hem bolmaýardy. Sebäbi Ýehowa Ýusuby goldaýardy, haýsy işiň başyna barsa-da, Ýehowa edenini ugruna edýärdi+.
40 Birnäçe wagtdan Müsür faraonynyň baş şerapçysy+ we baş çörekçisi hojaýynlarynyň göwnüni ýykdy*. 2 Faraon baş şerapçy bilen baş çörekçisine+ gaharlanyp, hyzmatkärleriň ikisini-de 3 garawullaryň baştutanynyň+ seredýän zyndanyna saldy. Ýusup hem şol zyndanda otyrdy+. 4 Garawullaryň baştutany Ýusuba olaryň ýanynda bolup, hyzmatyny etmegi tabşyrdy+. Olaryň zyndana düşenine birnäçe wagt bolupdy.
5 Bir gije Müsür faraonynyň zyndanda oturan şerapçysy we çörekçisi düýş gördi. Düýşleriň hersiniň öz ýorgudy bardy. 6 Ertesi irden Ýusup gelip görse, ikisi hem aladaly görünýärdi. 7 Ýusup faraonyň hyzmatkärlerinden: «Näme ýüzüňiz salyk?» diýip sorady. 8 Olar: «Ikimizem düýş gördük, ýöne ýorup biljek adam ýok» diýip jogap berdiler. Ýusup: «Düýşüň ýorgudy Hudaýdandyr!+ Hany, düýşüňizi gürrüň beriň» diýdi.
9 Baş şerapçy düýşüni Ýusuba gürrüň berip başlady: «Öňümde üzüm agajy duranmyş. 10 Agajyň üç şahasy bar. Ol pyntyklap gülledi, soňra üzüm salkymlary peýda boldy. 11 Faraonyň käsesi meniň elimdemiş. Üzümi käsä sykyp, faraona uzadýarmyşym». 12 Şonda Ýusup: «Ine, düýşüň ýorgudy: üç şaha üç gündür. 13 Üç günden faraon seni boşadyp, öňki wezipäňe bellär+. Sen öňkiň ýaly baş şerapçy bolup, faraona şerap guýup berersiň+. 14 Ýöne hemme işiň ugruna bolanda, meni hem ýatla. Maňa ýagşylyk edip*, faraona men hakda gürrüň beräý. Belki, ol meni boşadar. 15 Onsoňam, meni ýewreýleriň ýurdundan tutup getirdiler+. Bärde-de zyndana* taşlanar ýaly iş edemok»+ diýdi.
16 Ýusubyň düýşi gowulyga ýorandygyny görüp, baş çörekçi: «Menem bir düýş gördüm. Depämde ak undan bişirilen üç sebet çörek barmyş. 17 Iň ýokarky sebetde faraon üçin bişirilen süýji-süýji nygmatlar bar. Olary guşlar iýýärmiş» diýdi. 18 Ýusup: «Ine, düýşüň ýorgudy: üç sebet üç gündür. 19 Üç günden faraon seni zyndandan çykarar-da, kelläňi alyp, jesediňi pürsden asar. Maslygyň guşlara şam bolar»+ diýdi.
20 Üç günden faraon doglan gününi belläp+, emeldarlary üçin meýlis gurnady. Ol baş şerapçy bilen baş çörekçini zyndandan çykaryp, emeldarlarynyň öňüne getirtdi. 21 Faraon baş şerapçyny öňki wezipesine belledi. Ol ýene-de faraona şerap guýup berýärdi. 22 Baş çörekçini bolsa pürsden asdyrdy. Ähli zat Ýusubyň aýdyşy ýaly boldy+. 23 Ýöne baş şerapçy Ýusuby ýatdan çykarypdy+.
41 Iki ýyldan faraon hem düýş gördi+. Ol Nil derýasynyň kenarynda duranmyş. 2 Birdenkä derýadan ýedi sany semiz, sagdyn sygyr çykyp, Niliň boýunda otlap başlady+. 3 Soňra derýadan gorkunç we arryk ýedi sygyr çykdy. Olar kenarda otlap ýören semiz sygyrlaryň ýanyna bardylar. 4 Şol gorkunç we arryk sygyrlar semiz, sagdyn ýedi sygry lak-luk atdylar. Şonda faraon ukudan oýandy.
5 Faraon uklap, ýene bir düýş gördi. Düýşünde bir baldakdan gowy, dykyz däneli ýedi sümmül çykýarmyş+. 6 Soňra ýene ýedi sümmül çykdy. Olar gündogardan öwüsýän ýeliň howruna gurap, süllerip gidipdi. 7 Ýaňky gury sümmüller gowy we dykyz däneli ýedi sümmüli ýuwutdy. Şol wagt faraon oýanyp, munuň düýşdügine düşündi.
8 Ertesi irden faraon biynjalyklanyp, bir ýerde oturyp bilmedi. Ol Müsüriň ähli jadygöýlerini we akyldarlaryny çagyryp, gören düýşlerini gürrüň berdi. Ýöne hiç kim ýorup bilmedi.
9 Şonda baş şerapçy faraona ýüzlenip: «Patyşahym, bu gün eden etmişlerimi öňüňizde boýun alaýyn. 10 Jenabym, bir gezek siz hyzmatkärleriňize gaharlandyňyz. Şonda baş çörekçi bilen meni garawullaryň baştutanynyň zyndanyna atdyňyz+. 11 Zyndandakak, bir gije ikimiz hem düýş gördük. Hersiniň öz ýorgudy bardy+. 12 Ýanymyzda bir ýewreý ýigit bardy, ol garawullaryň baştutanynyň hyzmatkäridi+. Düýşümizi gürrüň berdik+ welin, ol ikimiziňkini hem ýorup berdi. 13 Ähli zat aýdyşy ýaly-da boldy. Men-ä öňki wezipäme bellendim, baş çörekçini bolsa pürsden asdylar»+ diýdi.
14 Şonda faraon Ýusuby getirtmek üçin adam iberdi+. Olar Ýusuby derrew zyndandan* çykardylar+. Ol hem saç-sakgalyny syryp, eşiklerini çalşyp, faraonyň huzuryna geldi. 15 Faraon Ýusuba: «Men düýş gördüm, ýöne hiç kim ýorup bilenok. Sen düýş ýorýarmyşyň diýip eşitdim»+ diýdi. 16 Ýusup bolsa: «Patyşahym, men kimmişim?! Goý, Alla düýşüňizi gowulyga ýorsun!»+ diýdi.
17 Faraon düýşüni Ýusuba gürrüň berip başlady: «Men Nil derýasynyň kenarynda duranmyşym. 18 Derýadan ýedi sany semiz, sagdyn sygyr çykyp, Niliň boýunda otlap başlady+. 19 Soňra arryk, eýmenç we çalajan ýedi sygyr çykdy. Tutuş Müsür ilinde beýle gorkunç sygyrlary ömrümde-de görmändim. 20 Ýaňky çöp ýaly gorkunç sygyrlar ýedi semiz sygry ýalmap ýuwudaýdy. 21 Ýöne şonda-da olar zat iýene meňzemedi, öňküsi ýaly arrykdy. Şol wagt hem oýanypdyryn.
22 Men ýene bir düýş gördüm. Düýşümde bir baldakdan gowy, dykyz däneli ýedi sümmül çykdy+. 23 Soňra ýene ýedi sümmül çykdy. Olar gündogardan öwüsýän ýeliň howruna gurap, süllerip gidipdi. 24 Ýaňky gury sümmüller gowy däneli ýedi sümmüli ýuwutdy. Düýşlerimi jadygöýlere-de gürrüň berdim+, ýöne ýorup bilmediler»+.
25 Şonda Ýusup faraona şeýle diýdi: «Patyşahym, gören düýşleriň ýorgudy birdir. Hak Hudaý etjek bolýan zadyny öňünden aýdýar+. 26 Sagdyn ýedi sygyr ýedi ýyly aňladýar. Ýedi gowy sümmül hem ýedi ýyldyr. Iki düýşüň hem ýorgudy birdir. 27 Olardan soň çykan arryk hem gorkunç ýedi sygyr bilen däneleri ýeliň howruna guran ýedi sümmül ýedi ýyl açlygy aňladýar. 28 Patyşahym, ýaňyja aýdyşym ýaly, hak Hudaý etjek bolýan zadyny öňünden aýdypdyr.
29 Müsürde ýedi ýyl bolçulyk bolar. 30 Soňam ýedi ýyl açlyk düşer. Açlyk şeýle bir güýçli bolar welin, Müsürde bolçulyk bolmadyk ýaly bolar. Ýurduň öňki ýagdaýyndan nam-nyşan galmaz+. 31 Güýçli açlyk sebäpli, adamlar bolelin ýaşandygyny ýatdan çykarar. 32 Faraon düýşi iki gezek görüpdir, sebäbi hak Hudaý muny tizden-tiz hökman amala aşyrar.
33 Şonuň üçin faraon bir düşünjeli hem akylly-başly adamy tapyp, Müsüre baştutan edip goýsun. 34 Patyşahym, öňünden aladasyny edip, ýurtda häkimleri belläň we ýedi ýyl bolçulykda hasylyň bäşden bir bölegini ýygnaň+. 35 Goý, olar bolçulykda hasyl ýygnap, siziň ammarlaryňyza üýşürip goýsun+. 36 Şonda ýedi ýyl açlyk döwri halkyň iýere zady bolar, adamlar hem, mal-gara hem heläk bolmaz»+.
37 Ýusubyň maslahaty faraona-da, emeldarlaryna-da ýarady. 38 Faraon emeldarlaryna ýüzlenip: «Hudaýdan şeýle akyl-paýhas alan* adam tapyp bilerismi?!» diýdi. 39 Ol Ýusuba: «Hudaý muny saňa açyp beren bolsa, seniň ýaly düşünjeli, paýhasly adamy tapyp bolmaz. 40 Seni hojalygyma baş edip goýaryn. Adamlar seniň diýeniňden çykmaz+. Patyşa hökmünde diňe men senden beýik bolaryn» diýdi. 41 Faraon sözüniň üstüni ýetirip: «Ine, men seni tutuş Müsür ýurduna baştutan edip belleýärin!»+ diýdi. 42 Ol elindäki möhürli ýüzügini çykardy-da, Ýusubyň eline dakdy, egnine nepis* matadan tikilen lybas geýdirip, boýnuna altyn zynjyr dakdy. 43 Soňra ol Ýusuby ikinji şa arabasyna mündürip: «Tagzym ediň!»* diýip jar çekdirdi. Şeýlelikde, faraon Ýusuby tutuş Müsür iline baştutan edip goýdy.
44 Faraon Ýusuba ýüzlenip: «Patyşa men bolsam-da, Müsürde hiç kim senden rugsatsyz bir ädimem ätmez»+ diýdi. 45 Ol Ýusubyň adyny Sapnatpanyýas diýip üýtgetdi. Soňra ony Ohan* şäheriniň ruhanysy Potiferiň gyzy Asenata+ öýlendirdi. Şeýlelikde, Ýusup Müsür ýurduny dolandyryp başlady+. 46 Ol Müsür faraonyna hyzmat edip başlanda*, 30 ýaşyndady+.
Ýusup faraonyň huzuryndan gaýdyp, tutuş Müsür ýurduna aýlanyp çykdy. 47 Ýedi ýyl bolçulyk döwri toprak bol hasyl berdi. 48 Ýusup ýedi ýylyň dowamynda Müsüriň ähli gallasyny ýygnap, şäherlerdäki ammarlara üýşürdi. Ol her şäherde ekin meýdanlaryndan ýygnalan hasyly goýardy. 49 Ýusup deňiz çägesi deý ummasyz köp galla toplady. Ýygnalan hasyl şeýle bir kändi welin, soňabaka ölçär ýaly bolmady.
50 Açlyk döwri başlamanka, Ýusubyň iki ogly boldy+. Aýaly Asenat Ohan* şäheriniň ruhanysy Potiferiň gyzydy. 51 Ýusup: «Hudaý gaýgy-hasratymy unutdyrdy, atamyň öýüni küýsetmedi» diýip, uly oglunyň adyna Manaşa*+ dakdy. 52 Ikinji ogly bolanda: «Jebir çeken ýurdumda Hudaý meni perzentli etdi»+ diýip, adyna Efraýym*+ goýdy.
53 Müsürde ýedi ýyl bolçulyk tamamlandy+. 54 Ýusubyň aýdyşy ýaly, ýedi ýyl açlyk başlandy+. Hemme ýurtlara açlyk düşdi. Müsürlileriň bolsa iýere çöregi bardy+. 55 Ahyry açlyk Müsüre-de gelip ýetdi. Halk çörek diläp, faraona ýalbaryp başlady+. Şonda faraon: «Ýusubyň ýanyna baryň, ol näme diýse, şonuň bilen boluň»+ diýdi. 56 Bütin ýer ýüzünde açlyk höküm sürýärdi+. Ýusup ammarlary açyp, müsürlilere galla satyp başlady+, sebäbi Müsürde-de açlyk güýjäpdi. 57 Başga halklar hem Müsüre gelip, Ýusupdan galla satyn alýardylar, sebäbi bütin dünýäde açlyk gitdigiçe güýjeýärdi+.
42 Ýakup Müsürde galla bardygyny eşidip+, ogullaryna: «Näme biri-biriňiziň ýüzüne seredişip otyrsyňyz? 2 Müsürde galla barmyş. Aç ölmejek bolsaňyz, gidiň-de, galla satyn alyp geliň»+ diýdi. 3 Şeýlelikde, Ýusubyň on dogany+ Müsüre galla satyn almaga gitdi. 4 Emma Ýakup Ýusubyň inisi Benýamini goýbermedi+, sebäbi ol: «Benýamine-de bir zat bolaýmasyn» diýdi+.
5 Kengan ýurduna-da açlyk düşüpdi. Ysraýylyň ogullary hem beýleki adamlar ýaly, galla satyn almak üçin Müsüre bardylar+. 6 Tutuş ýurda Ýusup gözegçilik edýärdi+. Ol dünýäniň ähli künjeginden gelen adamlara galla satýardy+. Ýusubyň doganlary hem gelip, öňünde ýüzlerini ýere berip, tagzym etdiler+. 7 Ýusup doganlaryny gören badyna tanady, ýöne özüni tanatmady+. Ýusup olar bilen gödek gepleşip: «Haýsy ýurtdan geldiňiz?» diýip sorady. Olar: «Kengandan geldik, galla satyn aljak bolýarys»+ diýdiler.
8 Ýusup doganlaryny tanasa-da, doganlary ony tanamady. 9 Şonda Ýusup olar hakda gören düýşlerini+ ýatlap: «Siz içaly! Ýurduň gowşak ýerini görmäge gelensiňiz!» diýdi. 10 Olaram: «Ýok, jenabym, biz galla satyn almaga geldik. 11 Biz bir atanyň ogullary, halal adamlar, içaly däl» diýdiler. 12 Ýusup: «Ýok, siz ýurduň gowşak ýerini görmäge gelensiňiz!» diýdi. 13 Şonda olar: «Jenabym, biz 12 dogan+. Kenganda ýaşaýan bir adamyň ogullary+. Körpämiz kakamyzyň ýanynda galdy+, bir inimiz bolsa ýogaldy»+ diýip jogap berdiler.
14 Emma Ýusup: «Näme diýseňizem, siz-ä içaly! 15 Faraondan ant içýärin, körpäňiz gelmese, hiç ýere gitmersiňiz. Hany göreli, gepiňiz çynmyka?!+ 16 Biriňiz gidip, iniňizi alyp geliň. Galanyňyz bolsa tussaglykda saklanarsyňyz. Aýdanyňyz dogry bolsa, subut ediň. Ýöne gepiňiz ýalan bolup çykaýsa, faraondan ant içýärin, siz içalydan başga hiç kim däl» diýdi. 17 Ýusup olary üç günläp tussaglykda saklady.
18 Üçünji gün Ýusup olara: «Aýdanymy ediň-de, başyňyzy gutaryň. Menem Hudaýdan gorkýaryn. 19 Eger siz halal adamlar bolsaňyz, bir doganyňyz tussaglykda galsyn. Beýlekileriňiz gidiň-de, galla äkidiň, öýüňizdäkiler aç oturmasyn+. 20 Körpe iniňizi hem alyp gaýdyň. Eger aýdanyňyz dogry çyksa, diri galarsyňyz» diýdi. Olar aýdylyşy ýaly-da etdiler.
21 Olar biri-birine: «Inimize ýamanlyk edenimiz üçin jeza çekýäris+. Wah, ol näler ýalbarypdy, ýöne çekýän hasratyny görsek-de, nebsimiz agyrmady. Şonuň üçin şu güne düşdük» diýdiler. 22 Şonda Ruben: «Şol çaga degmäň diýip kän aýtdym, diňlemediňiz-dä!+ Indi edenimizi egnimiz bilen çekýäris»+ diýdi. 23 Olar Ýusubyň edilýän gürrüňe düşünýändigini bilmeýärdiler. Sebäbi ol doganlary bilen dilmaç* arkaly gepleşýärdi. 24 Ýusup olaryň ýanyndan bir gyra süýşüp, aglady+. Soň ýene yzyna baryp, olar bilen gürleşdi-de, aralaryndan Şimgony+ alyp, gözleriniň alnynda daňdy+. 25 Soňra Ýusup hyzmatkärlerine doganlarynyň haltalaryny galladan dolduryp, hersiniň puluny öz horjunyna salmagy we ýolda iýer-içere zat bermegi buýurdy. Hemme zat Ýusubyň tabşyryşy ýaly edildi.
26 Ýusubyň doganlary gallany eşeklerine ýükläp, ýola düşdüler. 27 Olaryň biri düşlän ýerlerinde eşegine iým bermek üçin horjunyny açdy. Görse, horjunynyň agzynda puly duran eken. 28 Şonda ol doganlaryna: «Serediň, pulumy yzyna salypdyrlar!» diýdi. Muny eşidip, doganlarynyň ýüregi ýaryldy. Gorkudan ýaňa sandyrap, biri-birlerine seredip: «Hudaý bizi näme üçin beýle güne saldyka?» diýdiler.
29 Olar Kengana, kakalarynyň ýanyna baryp, bolan zatlary ýekän-ýekän gürrüň berdiler: 30 «Ýurduň baştutany bize içalydyr öýdüp, gödek gepleşdi+. 31 „Biz içaly däl, halal adamlar+. 32 Özümizem 12 dogan+, barymyz bir atanyň ogullary. Bir inimiz-ä ýogaldy+, körpämiz Kenganda, kakamyzyň ýanynda galdy“+ diýdik. 33 Emma ol: „Aýdanyňyz çyn bolsa, bir doganyňyz bärde galsyn+. Galanyňyz bolsa öýüňizdäkiler aç oturmaz ýaly, biraz galla äkidiň+. 34 Körpe iniňizi hem alyp gaýdyň. Şonda siziň içaly däl-de, halal adamlardygyňyzy bilerin. Doganyňyzy goýbererin. Onsoň, ýurtdan aljak-goýjak zatlaryňyzy arkaýyn alyberiň“ diýdi».
35 Haltalaryny boşadanlarynda, hemmesiniň pully torbasy çykdy. Muny görüp, özleriniň-de, kakalarynyň-da ýüregi ýaryldy. 36 Ýakup dady-perýat edip: «Siz meni çagasyz goýduňyz!+ Öň-ä Ýusuby+, soňam Şimgony ýitirdim+, indi Benýamini hem äkitjek bolýaňyzmy? Men bir bagty gara adam ekenim!» diýdi. 37 Şonda Ruben kakasyna: «Eger Benýamini yzyna getirmesem, iki oglumy öldüräý+. Men Benýamin üçin kelläm bilen jogap bererin, sag-aman yzyna getirerin»+ diýdi. 38 Emma Ýakup: «Ýok, oglum siz bilen gitmez. Şonsuzam agasy ölüp, ýeke galdy+. Ýolda çagama bir zat bolaýsa, çal başymy agyr derde salarsyňyz+. Soň meni göni äkidip jaýlaýmaly bolarsyňyz*»+ diýdi.
43 Ýurtda açlyk gaty güýjäpdi+. 2 Müsürden getirilen galla gutaranda+, Ýakup ogullaryna: «Gidiň-de, ýene biraz galla alyp geliň» diýdi. 3 Şonda Ýahuda kakasyna şeýle diýdi: «Ol adam: „Iniňizi getirmeseňiz, ýanyma gelip oturmaň“ diýip, çürt-kesik aýtdy+. 4 Inimizi iberseň-ä, galla almaga gideris. 5 Goýbermeseň, gidip bilmeris, sebäbi ol adam: „Ýanyňyzda iniňiz bolmasa, meni görjek bolup oturmaň“ diýdi»+. 6 Ysraýyl+ olara: «Öz diliňizden bela galyp, ýene bir doganymyz bar diýmek nämä gerekdi? Meni ne güne saldyňyz?» diýdi. 7 Ogullary bolsa: «Ol adam: „Kakaňyz dirimi? Başga-da doganyňyz barmy?“ diýip, maşgalamyz hakda çintgäp-çintgäp sorady. Bizem bolşy ýaly aýtdyk+. Iniňizi getir diýjegini näbileli?!» diýdiler+.
8 Ýahuda kakasyna ýalbaryp: «Inimi äkidäýin+. Senem, bizem, çagalarymyzam+ açlykdan ölmez ýaly+, bizi goýber, gideli. 9 Jigimi öz boýnuma alýaryn+. Bir zat bolsa, meniň ýakamdan tutaý. Inimi yzyna getirmesem, galan ömrüme seniň öňüňde ýazykly bolaryn. 10 Öňräk giden bolsak, Müsüre eýýäm iki gezek baryp gaýdardyk» diýdi.
11 Şonda Ysraýyl ogullaryna şeýle diýdi: «Başga çykalga bolmasa, onda şeýdeliň: ýurduň iň gowy zatlaryndan biraz melhem+, az-owlak bal, ladan*, şireli agaç gabygyny+, pisse hem badam alyň-da, ol adama sowgat äkidiň+. 12 Ýanyňyza iki esse pul alyň, horjunyňyza salnan pullary hem yzyna äkidiň+. Belki, bir ýalňyşlyk bolandyr. 13 Baryň, ol adamyň ýanyna iniňizi hem alyp gidiň. 14 Hernä, Gudratygüýçli Hudaý ol adamyň ýüregini ýumşatsyn-da! Belki, ol Şimgony we Benýamini goýberer. Perzentlerimden jyda düşmeli bolsam-da, nädeýin, etjek alajym ýok!»+ diýdi.
15 Şeýlelikde, olar sowgat-serpaý we iki esse pul alyp, inisi Benýamin bilen ýola düşdüler. Müsüre gelip, ýene Ýusubyň ýanyna bardylar+. 16 Ýusup Benýaminiň hem gelenini görüp, baş hyzmatkärine: «Olary öýe elt-de, mal soýup, naharyň ugruna çyk. Günortan olar bilen çörek iýjek» diýdi. 17 Hyzmatkär dessine Ýusubyň tabşyryşy ýaly+, olary öýüne äkitdi. 18 Ýusubyň öýüne baran doganlary gorkup, bir-birlerine: «Bizi öňki gezek horjunlarymyza salnan pullar üçin bärik getirendirler. Häzir eşeklerimizi alarlar-da, özümizi tutup, gul ederler»+ diýişdiler.
19 Olar gapynyň agzynda duran Ýusubyň baş hyzmatkäriniň ýanyna baryp: 20 «Jenabym, saňa aýtjak zadymyz bar. Biz öňem galla satyn almaga gelipdik+. 21 Öýe gaýdyp barýarkak, düşlän ýerimizde horjunymyzy açyp görsek, beren pullarymyz şol durşuna duran eken+. Indi şony elinjek gowşuraly diýip geldik. 22 Ýene-de galla satyn almaga pulumyz bar. Öňki pullary torba kimiň salanyny bilemizok»+ diýdiler. 23 Baş hyzmatkär: «Alada etmäň. Gorkara zat ýok. Pullary horjunyňyza siziň Hudaýyňyz, kakaňyzyň Hudaýy salandyr. Galla üçin pul töläniňizi bilýärin» diýdi. Soňam gidip, Şimgony olaryň ýanyna getirdi+.
24 Baş hyzmatkär olary Ýusubyň öýüne salyp, aýaklaryny ýuwmaga suw getirdi, eşeklerine-de iým berdi. 25 Olar Ýusup bilen günortan nahar iýjekdiklerini eşidip+, ol gelinçä, sowgat-serpaýyny taýynladylar+. 26 Ýusup içerik girende, sowgatlaryny berdiler-de, ýüzlerini ýere berip, tagzym etdiler+. 27 Ýusup olaryň hal-ýagdaýlaryny sorap: «Garry kakaňyz bar diýipdiňiz. Ýagdaýlary gowumy? Sag-gurgun gezip ýörmi?»+ diýdi. 28 Olar: «Hawa, jenabym, kakamyz sag-aman gezip ýör» diýip jogap berdiler-de, ýene dyza çöküp, tagzym etdiler+.
29 Süýtdeş jigisi Benýamine+ gözi düşüp, Ýusup: «Körpäňiz şumy?»+ diýip sorady. Soňam Benýamine: «Hudaý seni öz penasynda saklasyn, oglum!» diýdi. 30 Inisini görüp, Ýusubyň damagy dolup, gözüne ýaş aýlandy. Ol derrew çykyp, öz otagyna girdi-de, ses edip aglady+. 31 Ýusup özüni birneme dürsäp, ýüzüni ýuwup, ýene olaryň ýanyna bardy-da, hyzmatkärlerine: «Nahar getiriň!» diýdi. 32 Nahary Ýusuba aýry, doganlaryna we öýündäki müsürlilere aýry guýup berdiler. Sebäbi müsürliler ýewreýler bilen bir saçakdan çörek iýmegi haram hasaplaýardylar+.
33 Ýusubyň doganlaryny garşysynda uludan-kiçä+, ýaşyna görä oturtdylar. Olar bolsa haýran galyp, biri-birlerine aňk-taňk bolup seredişdiler. 34 Ýusup öz saçagyndan doganlaryna nahar uzadyp durdy. Benýamine bolsa agalarynyňkydan bäş esse köp berdi+. Şeýlelikde, olar Ýusup bilen iýip-içip, garnyny doýurdylar.
44 Soňra Ýusup baş hyzmatkärine: «Olaryň haltalaryna göterip biljek gallasyny guý-da, hersiniň puluny öz torbasyna sal+. 2 Körpeleriniň horjunyna bolsa galla üçin beren pulunyň ýanyna kümüş käsämi hem sal» diýip buýurdy. Ol Ýusubyň aýdyşy ýaly-da etdi.
3 Ertesi ir bilen Ýusubyň doganlary goşlaryny eşeklere ýükläp, ýola düşdüler. 4 Şäherden onçakly uzaklaşmankalar, Ýusup baş hyzmatkärine: «Bar, yzlaryndan ýet-de: „Ýagşylyga näme üçin ýamanlyk bilen jogap berýäňiz? 5 Hojaýynymyň käsesini nämä ogurladyňyz? Ol käsede pal atýardy. Päliýaman adam ekeniňiz“ diý» diýip tabşyrdy.
6 Baş hyzmatkär yzlaryndan ýetip, Ýusubyň diýen zatlaryny aýtdy. 7 Olar bolsa: «Jenabym, diýýäniňiz näme? Heý-de, biz şeýderismi?! 8 Öňki gezek horjunlardan çykan pullary hem Kengandan yzyna getirdik+. Onsoň, hojaýynyň öýünden altyn-kümüş ogurlarysmy? 9 Käse kimden çyksa, başy ölümlidir. Galanymyz bolsa jenabymyza gul bolarys» diýdiler. 10 Şonda ol adam: «Bolýar, goý, siziň diýeniňiz bolsun. Ýöne käse kimden çyksa, diňe şol maňa gul bolar, galanyňyz günäkär däl» diýdi. 11 Olar derrew haltalaryny ýere düşürip, agzyny açdylar. 12 Baş hyzmatkär uly agalaryndan başlap, körpesine çenli ählisiniň torbasyny ýekän-ýekän barlady. Käse Benýaminiň torbasyndan çykdy+.
13 Olaryň muňa jany ýanyp, ýakalaryny ýyrtdylar. Soňam goşlaryny eşeklere ýükläp, yzlaryna şähere gaýtdylar. 14 Şeýdip, Ýahuda+ bilen doganlary Ýusubyň öýüne bardylar. Ýusup heniz öýdedi. Olar Ýusubyň öňünde ýüzin düşüp, tagzym etdiler+. 15 Ýusup olara: «Maňa näme üçin ýamanlyk etdiňiz? Meniň ýaly adamyň pal atyp, ähli zadyň anygyna ýetjegini bilmediňizmi?»+ diýdi. 16 Şonda Ýahuda: «Wah, jenabym, biz-ä näme diýip, näme aýtjagymyzy, özümizi nädip aklajagymyzy bilemizok! Hak Hudaý öňki etmişimiziň üstüni açdy+. Hojaýynym, indi horjunyndan käse tapylan inimizden başlap hemmämiz saňa gul bolarys» diýdi. 17 Ýusup bolsa: «Ýok, beýdip hemmäňizi gul etjek däl. Käse kimden çykan bolsa, şol hem gulum bolar+. Galanyňyz arkaýyn kakaňyzyň ýanyna gaýdyberiň» diýdi.
18 Şonda Ýahuda Ýusubyň ýanyna baryp: «Jenabym, siz faraon ýalysyňyz+. Ýalbarýaryn, guluňyzyň iki agyz sözüni diňläň, ýöne gaharlanmaň. 19 Hojaýyn, siz bizden: „Kakaňyz dirimi? Başga-da doganyňyz barmy?“ diýip sorapdyňyz. 20 Bizem: „Hawa, kakamyz diri, ýaşy bir çene ýetdi. Garran wagty doglan körpe inimiz hem bar+. Onuň süýtdeş dogany ýogaldy+. Ol ejesinden galan ýalňyz perzent+. Kakam körpämizi gowy görýär“ diýipdik. 21 Şonda siz gullaryňyza: „Iniňizi getiriň, gözüm bilen göreýin“ diýdiňiz+. 22 Emma biz hojaýynymyza: „Inimizi alyp gaýtsak, kakamyz onsuz ýaşap bilmez“ diýipdik+. 23 Siz bolsa: „Iniňizi getirmeseňiz, ýanyma gelibem oturmaň“ diýipdiňiz+.
24 Bizem gidip, kakamyza siziň aýdanlaryňyzy gürrüň berdik. 25 Ol birnäçe wagtdan: „Gidiň-de, ýene biraz galla satyn alyp geliň“ diýdi+. 26 Ýöne biz: „Inimizi ibermeseň, gidip bilmeris. Ýanymyzda inimiz bolmasa, ol adamy görüp bilmeris“ diýip jogap berdik+. 27 Şonda kakamyz: „Bilýäňiz-ä, aýalym Rahelden bary-ýogy iki oglum boldy+. 28 Olaryň birinden-ä aýryldym. Şu çaka çenli didaryna zar bolup gezdim, ony ýyrtyjy haýwan öldürendir öýdüp ýörün+. 29 Indi körpe oglumy hem äkitseňiz, oňa-da ýolda bir zat bolaýsa, çal başymy agyr derde salarsyňyz+. Şonda meni göni äkidip jaýlaýmaly bolarsyňyz*“+ diýdi.
30 Kakam körpämizi janyndan eziz görýär. Eger inimi yzyna eltmesem, 31 ýanymyzda ýokdugyny gören badyna, kakam jan berer. Garry atamyz hasratyna çydap bilmän, dünýäden öter*. Ölümine-de biz günäkär bolarys. 32 Kakama: „Ogluňy yzyna getirmesem, bütin ömrüme öňüňde ýazykly bolaryn“ diýip, inimi öz boýnuma alyp gaýtdym+. 33 Şonuň üçin, ýalbarýaryn, jenabym, inime derek meni gul edip alyp gal. Inimi doganlarym bilen yzyna goýber. 34 Körpäni bärde goýup gitsem, kakamyň ýüzüne nädip seredeýin? Hasrat çekişini görmäge neneň çydaýyn?!» diýdi.
45 Muny eşiden Ýusup saklanyp bilmän+, hyzmatkärlerine: «Hemmäňiz daşaryk çykyň!» diýip gygyrdy. Olar giden badyna, Ýusup doganlaryna özüni tanatdy+.
2 Soňra Ýusup ses edip aglady, sesini müsürliler hem, faraonyň köşgündäkiler hem eşitdi. 3 Ol doganlaryna: «Men Ýusup. Kakam dirimi?» diýdi. Olaryň bolsa dili tutulyp, aňk-taňk bolup galdylar. 4 Ýusup doganlaryna: «Hany, golaýrak geliň» diýdi. Doganlary hem ýanyna bardy.
Şonda ol: «Men Müsüre satan iniňiz Ýusup!+ 5 Ýöne meni satanyňyza gynanyp, biri-biriňizi günäkärlemäň. Hudaý sizi halas etmek üçin, meni öňüňizden iberdi+. 6 Iki ýyl bäri hemme ýerde açlyk+. Ýene bäş ýyl ekin-dikinem, hasylam bolmaz. 7 Ýer ýüzünden nesliňiz ýok bolup gitmez ýaly+, Hudaý meni öňüňizden ýollap, sizi beýik güýji bilen halas etmek isledi. 8 Meni bärik siz däl-de, hak Hudaý iberdi. Ol meni faraonyň baş weziri edip, bütin hojalygyna we Müsür ýurduna baştutan belledi+.
9 Baryň, çaltrak kakamyň ýanyna gidiň-de: „Ogluň Ýusup şeýle diýýär diýiň: „Kaka, Hudaý meni tutuş Müsüriň häkimi edip belledi+. Eglenme-de, ýanyma gel+. 10 Ogullaryňy, agtyklaryňy, mal-garaňy, ähli zadyňy alyp gaýt-da, golaýymda Goşende+ ýaşa. 11 Açlyk ýene bäş ýyla çeker, şonuň üçin iýjek-içjegiňizi özüm ýetirip duraryn+. Ýogsam açlykdan ýaňa hiç zadyňyz galmaz, heläk bolarsyňyz“. 12 Agalarym, inim Benýamin, hemmäňiz meniň Ýusupdygymy görüp dursuňyz+. 13 Müsürde gazanan şan-şöhratymy we ähli gören zatlaryňyzy kakama gürrüň beriň-de, çaltrak bärik getiriň» diýdi.
14 Ol Benýamini bagryna basyp aglady, Benýamin hem Ýusuby gujaklap aglady+. 15 Ýusup doganlarynyň hemmesini gujaklap-ogşap aglady. Şondan soň doganlary Ýusup bilen arkaýyn gürleşdiler.
16 Ýusubyň doganlary gelipdir diýen habar faraonyň köşgüne-de baryp ýetdi. Muny eşidip, faraon hem, emeldarlary hem begendi. 17 Faraon Ýusuba şeýle diýdi: «Doganlaryňa aýt, eşeklerine* galla ýüklesinler-de, Kengana gidip, 18 kakaň bilen öýündäkileri alyp gaýtsynlar. Olara Müsüriň iň gowy zatlaryny bererin, mes topraklaryň hasylyny iýdirerin+. 19 Ýene bir tabşyrjak zadym, doganlaryňa aýt+, aýallaryny, çagalaryny we kakaňy alyp gaýdar ýaly+, Müsürden araba-da+ äkitsinler. 20 Aňyrda galan goş-golamlaryna gynanyp oturmasynlar+, sebäbi Müsüriň iň gowy zatlary olaryňky bolar».
21 Ysraýylyň ogullary ähli zady aýdylyşy ýaly etdiler. Faraonyň buýrugyna görä, Ýusup olara araba we ýol üçin galla berdi. 22 Ol doganlarynyň hersine bir laý, Benýamine bolsa bäş laý eşik bilen 300 şekel kümüş berdi+. 23 Kakasyna bolsa on eşege Müsüriň iň gowy zatlaryny ýükläp, ýene on eşege-de galla, çörek we ýolda iýer ýaly dürli-dümen zatlary ýükläp iberdi. 24 Ýusup doganlaryny ugradanda: «Ýolda dawalaşaýmaň»+ diýip tabşyrdy.
25 Şeýlelikde, olar Müsürden gaýdyp, kakalary Ýakubyň ýanyna, Kengana bardylar. 26 Olar kakasyna: «Ogluň Ýusup diri eken! Ol Müsüriň häkimi bolupdyr»+ diýip habar berdiler. Ýakup ogullarynyň gepine ynanyp bilmän, doňup galdy+. 27 Emma ogullary oňa Ýusubyň aýdan zatlaryny birin-birin gürrüň berdiler we iberen arabalaryny görkezdiler. Şonda Ýakubyň ýüregi ynjaldy. 28 Ol begenjine: «Indi ynandym! Balam Ýusup diri eken! Ölmänkäm gidip, didaryny bir göreýin!»+ diýip gygyrdy.
46 Ysraýyl bütin maşgalasyny* alyp, ýola düşdi. Beýer-şeba+ ýetip, kakasy Yshagyň Hudaýyna+ gurbanlyklar hödürledi. 2 Gije Hudaý Ysraýyla görnüp*: «Ýakup, Ýakup!» diýdi. Ol hem: «Diňleýärin!» diýip jogap berdi. 3 Şonda Hudaý: «Men hak Hudaý, kakaň Hudaýydyryn!+ Müsüre gitmäge gorkma. Şol ýerde senden uly millet dörederin+. 4 Müsüre ýanyň bilen özüm giderin, ýurduňa-da özüm gaýtaryp getirerin+. Ölüm ýassygynda ýatyrkaň, başujuňda Ýusup oturar*»+ diýdi.
5 Soňra Ýakup Beýer-şebadan çykyp, ýoluny dowam etdi. Ogullary kakasyny, çagalaryny we aýallaryny faraonyň iberen arabalaryna mündürdiler. 6 Olar Kenganda edinen mallaryny we goş-golamlaryny hem alyp gaýtdylar. Şeýlelikde, Ýakup bütin maşgalasy bilen Müsüre göçdi. 7 Ol ogul-gyzlaryny, agtyklaryny ýany bilen alyp gaýtdy.
8 Ysraýylyň, ýagny Ýakubyň Müsüre gelen ogullary şulardyr+: Ýakubyň uly ogly Ruben+.
9 Rubeniň ogullary: Hanoh, Palluw, Hesron we Karmi+.
10 Şimgonyň+ ogullary: Ýemuwel, Ýamin, Ahat, Ýahin, Zohar we kenganlardan alan aýalyndan Şewul+.
11 Lewiniň+ ogullary: Gerşon, Kohat we Merar+.
12 Ýahudanyň+ ogullary: Er, Onan, Şela+, Perez+ we Zera+. Er bilen Onan Kenganda aradan çykypdy+.
Pereziň Hesron we Hamul+ diýen ogullary boldy.
13 Ysaharyň ogullary: Tola, Puwan, Ýup we Şimron+.
14 Zebulunyň+ ogullary: Serat, Elon we Ýahlyýel+.
15 Bular Ýakubyň Leýadan bolan ogullarydyr. Leýa olary we gyzy Dinany+ Paddan-aramda dogrupdy. Ýakubyň Leýadan jemi 33 ogul-gyzy* boldy.
16 Gadyň+ ogullary: Sepiýon, Hagga, Şunin, Esbon, Eriý, Aroty we Äraly+.
17 Aşeriň+ ogullary: Imnan, Işwah, Ýişwi we Beriýa. Olaryň Sera diýen uýasy hem bardy.
Beriýanyň Heber we Mälikylla+ diýen ogullary boldy.
18 Bular Labanyň Leýa beren gyrnagy Zilpanyň+ ogullary we agtyk-çowluklarydyr. Olar jemi 16 sanydy.
19 Ýakubyň Rahelden bolan ogullary: Ýusup+ bilen Benýamin+.
20 Müsürde Ýusubyň Manaşa+ we Efraýym+ diýen ogullary boldy. Aýaly Asenat+ Ohan* şäheriniň ruhanysy Potiferiň gyzydy.
21 Benýaminiň+ ogullary: Beli, Bekir, Aşbel, Gera+, Nagyman, Agam, Roş, Mupym, Hupym+ we Art+.
22 Bular Ýakup bilen Raheliň ogullary we agtyk-çowluklarydyr. Olar jemi 14 sanydy.
23 Danyň+ Huşym+ atly ogly boldy.
24 Naftalynyň+ ogullary: Ýahzeýel, Guna, Ýezer we Selim+.
25 Bular Labanyň Rahele beren gyrnagy Bilhanyň ogullary we agtyklarydyr. Olar jemi ýedi sanydy.
26 Gelinlerini hasaplamanyňda, Ýakup bilen Müsüre gelenler we ondan döränler jemi 66 başdy+. 27 Ýusubyň Müsürde iki ogly boldy. Şeýlelikde, Ýakubyň Müsüre göçen hojalygy jemi 70 adam boldy+.
28 Ýakup Ýahudany+ öňden iberip, Goşene barýandygyny Ýusuba habar berdi. Şeýdip, olar Goşene+ ýetdiler. 29 Ýusup hem arabasyny taýynlap, kakasy Ysraýyly garşylamaga Goşene gitdi. Ol kakasyny gören badyna, gujaklap, içigip-içigip aglady. 30 Şonda Ysraýyl: «Oglum, seniň bilen didarlaşyp, sag-aman gezip ýöreniňi gördüm. Indi ölsemem, armanym ýok!» diýdi.
31 Ýusup kakasyna we doganlaryna: «Gidip, faraona+: „Kakam hem doganlarym tutuş maşgalasy bilen Kengandan geldi+. 32 Olar mal bakyp+, çopançylyk edýär+. Sürülerini we bar zatlaryny alyp gelipdirler“+ diýip habar bereýin. 33 Ol sizi çagyryp: „Käriňiz näme?“ diýip sorasa, 34 „Patyşahym, biz hem ata-babalarymyz ýaly, ýaşlygymyzdan çopançylyk edýäris“+ diýip jogap beriň. Şonda ol size Goşende+ ýaşamaga rugsat berer, sebäbi müsürliler çopanlary halaýan däldir»+ diýdi.
47 Ýusup gidip, faraona+: «Kakam bilen doganlarym Kengandan geldi. Hemme zatlaryny, mal-garalaryny alyp gaýdypdyrlar. Olar şu wagt Goşende»+ diýdi. 2 Soňra ol doganlarynyň bäşisini faraonyň huzuryna getirdi+.
3 Faraon: «Käriňiz näme?» diýip soranda, olar: «Patyşahym, biz ata-babalarymyz ýaly, goýun bakýarys»+ diýip jogap berdiler. 4 Soňra olar faraona: «Kenganda açlyk güýçli, mal bakar ýaly ot hem ýok+. Şonuň üçin bärik göçüp geldik+. Bize Goşende ýaşamaga rugsat ediň»+ diýdiler. 5 Şonda faraon Ýusuba: «Kakaň bilen doganlaryň ýanyňa gelipdir. 6 Ine, tutuş Müsür seniň eliňde. Olara ýurduň iň gowy ýerini ber+. Goý, Goşende ýaşasynlar. Aralarynda başarjaňy bar bolsa, meniň sürülerimi hem bakdyr» diýdi.
7 Soňra Ýusup kakasy Ýakuby getirip, faraon bilen tanyşdyrdy. Ýakup faraona ak pata berdi. 8 Faraon ondan: «Ýaşuly, ýaşyňyz näçe?» diýip sorady. 9 Ýakup: «Indi 130-y arka atypdyryn. Ata-babalarym ýaly, göçüp-gonup ýaşadym. Ýöne olaryňky ýaly uzak ýaşamadym+. Köp agyr günleri başdan geçirdim»+ diýip jogap berdi. 10 Ol faraona ak pata berip, huzuryndan çykyp gaýtdy.
11 Faraonyň tabşyryşy ýaly, Ýusup kakasyny we doganlaryny Müsür ýurdunda ýerleşdirip, Ramsesden*+ iň gowy ýer berdi. 12 Ol kakasy bilen doganlarynyň iýjek-içjegini ýetirip, hersiniň maşgalasyna çaga sanyna görä çörek berdi.
13 Açlyk gitdigiçe güýjäp, Müsürde-de, Kenganda-da çörek gutardy. Açlykdan ýaňa adamlaryň ysgyn-mydary galmady+. 14 Ýusup galla satyp, Müsür we Kengan ilatynyň ähli puluny ýygnady+. Ol pullary faraonyň hazynasyna üýşürýärdi. 15 Ahyry müsürlileriň we kenganlaryň bar puly gutardy. Müsürliler Ýusubyň ýanyna gelip: «Bize iýere zat ber! Pulumyz gutarany üçin, indi hemmämiz öläýmelimi?» diýdiler. 16 Şonda Ýusup: «Puluňyz ýok bolsa, mallaryňyzy getiriň, deregine galla bereýin» diýdi. 17 Olar Ýusuba mallaryny getirip başladylar. Ýusup olaryň atlaryny, eşeklerini, goýun-geçilerini, iri mallaryny alyp, deregine galla berdi. Şol ýyl ol halkyň malyny galla çalyşdy.
18 Bir ýyl geçdi. Indiki ýyla aýak basylanda, adamlar Ýusubyň ýanyna gelip: «Jenabym, senden gizlin zadymyz ýok. Biz-ä pulumyzy hem, malymyzy hem saňa getirip berdik. Indi diňe özümiz bilen mellegimiz galdy. 19 Hemmämiz ölüp gitsek, mellegimiz boşap galsa, kime peýdasy bolar? Jenabym, mellegimizi-de, özümizi-de satyn alyp, bize iýere zat ber. Faraona gul bolaly, melleklerimiz hem onuňky bolsun. Bize däne ber, açlykdan ölmäli, mellegimiz hem takrap ýatmasyn» diýdiler. 20 Açlyk güýjändigi sebäpli, müsürlileriň hemmesi mellegini satdy. Ýusup olaryň mellegini satyn alyp, faraonyň hasabyna geçirdi. Şeýdip, tutuş ýurt faraonyňky boldy.
21 Ýusup Müsüriň çet ýerlerinde ýaşaýan adamlary şäherlere göçürdi+. 22 Ýöne ol ruhanylaryň mellegini satyn almady+, sebäbi olaryň iýjek-içjegini faraon berýärdi. Şonuň üçin olar mellegini satmadylar. 23 Ýusup halka: «Indi mellegiňiz hem, özüňiz hem faraonyňky. Ynha däne, äkidiň-de, ekiň. 24 Hasylyň bäşden bir bölegini faraona berersiňiz+, galan dört böleginden ekin ekersiňiz, öýüňizdäkilere, çagalaryňyza çörek bolar» diýdi. 25 Şonda halaýyk: «Jenabym, bizi ölümden gutardyň+. Indi isleseň, faraona gul bolaly»+ diýdi. 26 Soňra Ýusup tutuş Müsür ýurdunda hasylyň bäşden bir bölegini faraona bermek hakda perman çykardy. Şol perman henizem güýjüni gaçyrmady. Diňe ruhanylaryň mellekleri faraonyň hasabyna geçmedi+.
27 Şeýlelikde, Ysraýyl ogullary Müsüriň Goşen+ welaýatynda mesgen tutdy. Olar barha köpelýärdi+. 28 Ýakup Müsürde 17 ýyl ýaşady. Ol jemi 147 ýaşady+.
29 Ysraýyl ölüminiň öň ýanynda+ ogly Ýusuby çagyryp: «Oglum, menden razy bolsaň, meni Müsürde jaýlamajakdygyňy+ söz berip, ant iç*. Şeýtseň, maňa ýagşylyk edip*, perzentlik borjuňy berjaý edersiň*. 30 Aradan çyksam, meni Müsürden äkidip, ata-babalarymyň ýanynda jaýla»+ diýdi. Ýusup: «Aýdyşyň ýaly ederin, kaka!» diýdi. 31 Şonda kakasy: «Onda ant iç» diýdi. Ýusup ant içdi+. Ysraýyl bolsa düşeginde oturan ýerinden Hudaýa tagzym etdi+.
48 Biraz wagtdan Ýusuba: «Kakaň ýagdaýy agyrlaşdy» diýip habar berdiler. Şonda ol ogullary Manaşa bilen Efraýymy alyp, kakasynyň ýanyna gitdi+. 2 Ýakup ogly Ýusubyň gelenini eşidip, bar güýjüni jemledi-de, düşeginde dikelip oturdy. 3 Ýakup Ýusuba:
«Gudratygüýçli Hudaý Kengan ýurdundaky Luzda maňa görnüp, ak pata berdi+. 4 Ol maňa: „Seni ogul-gyzly edip, nesliňi köpelderin, senden uly millet dörederin+, şu topragy nesliňe ebedilik mülk edip bererin“ diýipdi+. 5 Müsüre gelmänkäm doglan iki ogluň meniň ogullarym bolar+. Ruben we Şimgon ýaly, Efraýym bilen Manaşa hem öz ogullarymdyr+. 6 Indiki doguljak çagalaryň özüňki bolar. Olar agalary bilen deň hatarda miras paýyny alar+. 7 Paddandan gelýärkäm, ýolda Kengan topragynda ejeň pahyr aradan çykypdy+. Efrata+ çenli ep-esli aralyk bolansoň, ony Efratyň, ýagny Beýtullahamyň+ ýolunda jaýladym» diýdi.
8 Ysraýyl Ýusubyň ogullaryny görüp: «Bular kim?» diýip sorady. 9 Ýusup: «Meniň ogullarym, kaka. Hudaý olary maňa şu ýurtda berdi»+ diýip jogap berdi. Şonda Ysraýyl: «Hany, golaýragyma getir, olara ak pata bereýin»+ diýdi. 10 Garrylykdan ýaňa Ysraýylyň gözi kütelipdi, hiç zat saýgarmaýardy. Ýusup ogullaryny kakasynyň ýanyna eltdi. Ol hem agtyklaryny gujaklap ogşady. 11 Ysraýyl Ýusuba: «Balam, seni gaýdyp görmerin öýdüpdim+. Ýöne seret, Hudaý maňa ogullaryňy-da görkezdi» diýdi. 12 Ýusup ogullaryny Ysraýylyň ýanyndan* gyra çekip, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi.
13 Soňra iki ogluny-da kakasy Ysraýylyň ýanyna eltip, Efraýymy+ çep tarapynda, Manaşany+ sag tarapynda duruzdy. 14 Emma Ysraýyl sag elini Efraýymyň başyna, çep elini bolsa Manaşanyň başyna goýdy. Ol Manaşanyň ulusydygyny we Efraýymyň kiçisidigini bilse-de, şeýle etdi+. 15 Ysraýyl Ýusuba ak pata berip+:
«Atam Ybraýymyň, kakam Yshagyň sygynan hak Hudaýy+,
Şu wagta çenli meni goldap gelen* hak Hudaý+,
16 Perişdesini iberip, ähli bela-beterlerden dyndyran Alla+,
Goý, ogullaryňa ak pata bersin+.
Ogullaryň ady meniň we atalarym Ybraýymyň,
Yshagyň ady bilen tutulsyn.
Köpelip, çar tarapa ýaýrasynlar»+ diýdi.
17 Ýusup kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýanyny halamady. Ol kakasynyň sag elini Efraýymyň başyndan aýryp, Manaşanyňka goýjak boldy. 18 Ýusup: «Kaka, uly oglum bärde+, sag eliňi muňa goý» diýdi. 19 Emma Ysraýyl: «Bilýärin, oglum, bilýärin. Ol ogluňdan hem halk dörär, ol beýik halk bolar. Ýöne inisinden has beýik halk dörär+, nesliniň sany-sajagy bolmaz»+ diýdi. 20 Ysraýyl olara ýene-de ak pata berip+, şeýle diýdi:
«Adyňyz dilden düşmesin,
Goý, Ysraýyl ogullary ak pata berende:
„Hudaý seni Efraýym bilen Manaşa ýaly etsin!“ diýsin».
Şeýdip, ol Efraýymy Manaşadan öňe geçirdi.
21 Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Oglum, men-ä indi demimi sanap ýatyryn+. Ýöne Hudaý elmydama ýanyňyzda bolar, sizi ýene-de ata-babalaryňyzyň ýurduna elter+. 22 Saňa beýleki ogullarymdan artyk mülk berýärin. Ony gylyjym hem ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi.
49 Ýakup ogullaryny çagyryp, şeýle diýdi: «Hemmäňiz ýygnanyň, size gelejekde nämeleriň garaşýanyny aýdaýyn. 2 Eý Ýakubyň ogullary, baryňyz jem bolup diňläň, ataňyz Ysraýyla gulak asyň!
3 Ruben+, nowbaharym+, güýç-kuwwatym, ýigitlik çagymyň ilkinji miwesi sensiň. Sarpasy belent, gujur-gaýratly oglum. 4 Ýöne indi mertebäň belende galmaz, sebäbi sen suw deý dolup-daşyp, azgynlyk etdiň. Ataň gyrnagy bilen ýatyp+, düşegini hapaladyň. Sende utanç-haýa galmady!
5 Şimgon bilen Lewi süýtdeş dogandyr+, olar ýaragyny zorluk-sütem üçin ulanýar+. 6 Olara goşulma, eý janym. Üýşmeleňine barma, eý köňlüm*. Olar gahar-gazap bilen adam öldürdi+, öküzleri maýyp edip, keýp aldy. 7 Nälet bolsun olaryň gahar-gazabyna, sebäbi zalymlyga hem wagşylyga eltdi+. Olary Ýakubyň ýurduna pytradaryn, Ysraýylyň arasyna dargadaryn+.
8 Ýahuda+, oglum, doganlaryň saňa alkyş aýdar+, duşmanlaryň bolsa boýun eger+. Ataň ogullary öňüňde baş eger+. 9 Ýahuda şir balasy kimindir+. Oglum awuny iýip, ýerinden turar. Arslan deý uzalyp ýatar. Seni ýeriňden gozgamaga kim milt edip biler? 10 Şilo* gelinçä+, şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez+, hökümdarlyk hasasy ondan* alynmaz. Halklar oňa* tabyn bolar+. 11 Eşegini üzüm agajyna, kürresini saýlama üzüm bagyna daňar. Lybasyny şeraba, donuny üzüm şiresine ýuwar. 12 Şerapdan ýaňa gözleri çym gyzyldyr, süýtden ýaňa dişleri ap-akdyr*.
13 Zebulun+ deňiz kenarynda, gämi duralgalarynda ýaşar+. Serhedi Sidona çenli uzalar+.
14 Ysahar+ daýaw eşek ýalydyr, ýatanda-da arkasy horjunlydyr. 15 Ol özüne rahat we owadan ýer gözläp tapar. Gerdeninde ýük çekip, agyr işe kaýyl bolar.
16 Dan+ Ysraýylyň bir taýpasydyr, ol tutuş halka kazylyk eder+. 17 Dan ýolda ýatan ýylan, ýodadaky alahöwren kimindir. Goý, ol bedewiň aýagyndan çakyp, duşmany* atdan agdarsyn+. 18 Eý Ýehowa, seniň halas etjek wagtyňa garaşaryn!
19 Gadyň+ üstüne talaňçylar çozar, ol bolsa gaýtawul berip, yzlaryndan kowalar+.
20 Aşeriň+ çöregi bol bolar, ol patyşalaryň halaýan ir-iýmişini* ýetişdirer+.
21 Naftaly+ çalasyn keýik kimindir. Agzyndan hoşamaý sözler çykýar+.
22 Ýusup+ miweli agajyň şahasydyr, çeşme boýunda biten, şahalary diwardan aşýan miweli daragtyň şahasydyr. 23 Ýaýçylar duşmançylyk edip, gahar-gazap bilen ok atdylar+. 24 Emma Ýakubyň gudratly Hudaýy, Ysraýylyň çopany we gaýasy Ýusuby gorady, onuň ýaýy döwülmedi+, gollary güýçden gaçmady+. 25 Ýusup Hudaýyň* berenidir, Gudratygüýçli Alla ýakyn adamdyr. Hudaý saňa kömek edip, rysgal-döwletiňi artdyrar. Üstüňe asmandan ýagyş ýagdyrar, ýer astyndan çeşme-çaýlary çykarar+. Perzendiňi, mal-garaňy köpelder. 26 Kakaň beren ak patasy dünýä döräli bäri duran daglaryň eşretinden-de, sarsmaz baýyrlaryň gözelliginden-de belentdir+. Doganlarynyň arasyndan saýlanan Ýusubyň berekedi hiç wagt egsilmez, rysgal-döwleti asla kemelmez*+.
27 Benýamin+ awuny parçalaýan möjek ýaly bolar+. Irden awuny ýalmap-ýuwudyp, agşam oljasyny paýlaşar»+.
28 Ýakubyň ogullaryndan Ysraýylyň 12 taýpasy döredi. Şeýlelikde, Ýakup ogullary üçin dileg edip, hersine özüne laýyk ak pata berdi+.
29 Soňra Ýakup ogullaryna tabşyryk berip: «Bu ýagty jahan bilen hoşlaşmaly pursadym gelip ýetdi+. Het halkyndan Epronyň melleginde gowak bardyr. Meni şol gowakda, ata-babalarymyň ýanynda jaýlaň+. 30 Şol gowak Kenganda Mamräniň garşysyndaky Mahpelada ýerleşýär. Ybraýym şol mellegi het halkyndan Eprondan gonamçylyk üçin satyn alypdy. 31 Atam Ybraýym bilen enem Bibisara+, kakam Yshak+ bilen ejem Rebeka şol gowakda jaýlandy. Men Leýany hem şol gowakda jaýladym. 32 Mellek bilen içindäki gowak het halkyndan satyn alnypdy»+ diýdi.
33 Ýakup ogullaryna wesýet edip boldy-da, düşeginde uzalyp ýatdy. Soňra dem almasy kesilip, jan berdi+.
50 Ýusup kakasyny+ gujaklap-ogşap, zaryn-zaryn aglady. 2 Soňra ol tebiplerine kakasynyň jesedini mumyýalamagy*+ tabşyrdy. Olar hem Ysraýylyň jesedini mumyýaladylar. 3 Muňa 40 gün gerek boldy, sebäbi mumyýalamaga şonça wagt gidýärdi. Müsürliler 70 günläp Ýakubyň ýasyny tutdular.
4 Ýas günleri geçensoň, Ýusup faraonyň emeldarlaryna* şeýle diýdi: «Menden razy bolsaňyz, gaýrat edip, faraona şu sözlerimi ýetiriň: 5 „Kakam ölüm ýassygynda ýatyrka+: „Meni Kenganda taýýarlap goýan+ mazarymda jaýla“+ diýip ant içirdi+. Rugsat berseňiz, gidip, kakamy jaýlap gaýdaýyn“». 6 Faraon: «Bolýar, gidiber. Kakaňy jaýla-da, beren sözüňde dur»+ diýdi.
7 Şeýlelikde, Ýusup kakasyny jaýlamaga gitdi. Faraonyň hyzmatkärleri, köşk emeldarlary+ we Müsüriň ähli baştutanlary, 8 Ýusubyň bütin öý-içerisi, doganlary, kakasynyň hojalygy+ ýola düşdi. Goşende diňe çaga-çugalar bilen mal-garalar galdy. 9 At-arabaly+ esgerler hem Ýusup bilen gitdi. Ýola düşenler uly mähelledi. 10 Olar Iordanyň golaýyndaky Atat harmanyna ýetip, dady-perýat etdiler, ses edip aglaşdylar. Ýusup kakasy üçin ýedi günläp ýas tutdy. 11 Şol ýurtda ýaşaýan kenganlar Atat harmanyndaky ýasy görüp: «Müsürliler hasrat çekýär!» diýişdiler. Şonuň üçin Iordanyň golaýyndaky şol ýere Abyl-misraýym* diýilýär.
12 Ýakubyň ogullary ähli zady tabşyryşy ýaly etdiler+. 13 Olar Ýakuby Kengana äkidip, Mahpela mellegindäki gowakda jaýladylar. Mamräniň garşysyndaky şol mellegi Ybraýym gonamçylyk üçin Eprondan satyn alypdy+. Epron het halkyndandy. 14 Ýusup kakasyny jaýlap, doganlary we ýanyndaky adamlary bilen Müsüre dolandy.
15 Kakalary ýogalansoň, Ýusubyň doganlary öz aralarynda: «Ýusup bizi ýigrenýän bolaýmasyn. Eden ýamanlygymyz üçin ar almagy ahmal»+ diýişdiler. 16 Olar Ýusuba habar ýollap: «Kakam pahyr ölmänkä: 17 „Oglum Ýusuba: „Agalaryň etmişini, eden ýamanlygyny bagyşla“ diýiň“ diýip tabşyrdy. Ýalbarýarys, bizi bagyşla. Bizem kakaň sežde eden Hudaýynyň bendeleri» diýdiler. Muny eşidip, Ýusup aglady. 18 Soňra doganlary Ýusubyň ýanyna gelip, ýüzlerini ýere berip, tagzym etdiler-de: «Biz seniň guluň, näme etseň edäý!»+ diýdiler. 19 Ýusup bolsa: «Gorkmaň. Men näme, Hudaýmy?! 20 Dogry, siz maňa ýamanlyk etjek bolduňyz+, ýöne Hudaý ýamanlygyňyzy ýagşylyga öwrüp, köp adamlaryň janyny ölümden halas etdi. Muny özüňizem görüp dursuňyz+. 21 Gorkup ýörmäň. Men siziň hem, çagalaryňyzyň hem iýjek-içjegini ýetirip duraryn»+ diýdi. Ýusup doganlary bilen mähirli gepleşip, göwünlik berdi.
22 Şeýlelikde, Ýusup we kakasynyň maşgalasy Müsürde ýaşaberdi. Ýusup jemi 110 ýaşady. 23 Ol Efraýymdan bolan çowluklaryny+ we Manaşadan bolan Mahyryň+ ogullaryny hem gördi. Ýusup olary öz ogullary ýaly gowy görýärdi*. 24 Ahyry Ýusup doganlaryna: «Indi meniň wagtym azaldy. Ýöne Hudaý size hökman nazar salar+. Sizi Müsür ýurdundan çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren* ýurduna äkider»+ diýdi. 25 Soňra Ýusup olara: «Hudaý size hökman nazar salar. Şonda süňklerimi bärden äkidiň» diýip ant içirdi+. 26 Ýusup 110 ýaşynda dünýäden ötdi. Onuň jesedini mumyýalap+, Müsürde bir tabyda salyp goýdular.
Ýa-da: çuň; düýpsüz.
Ýa-da: hereketdäki güýji.
Derýalar, köller hem göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: öz görnüşine görä.
Sözme-söz: içinde tohumy bolan miweli agaçlar.
Sözme-söz: öz görnüşine görä.
Sözme-söz: asman giňişliginde.
Ýa-da: gündizi dolandyrmalydy.
Ýa-da: gijäni dolandyrmalydy.
Ýa-da: gündizi we gijäni dolandyrmaklary.
Ýa-da: jynsyna görä. Sözme-söz: öz görnüşine görä.
Ýa-da: jynsyna görä. Sözme-söz: öz görnüşine görä.
Gemrijiler, mör-möjekler hem göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: jynsyna görä. Sözme-söz: öz görnüşine görä.
Sözme-söz: olaryň tutuş goşunynyň.
Sözme-söz: ýalkap.
Hudaýyň adynyň ilkinji duş gelýän aýady. Ýewreýçe יהוה (ÝHWH) görnüşinde ýazylyp, Hudaýy ýalan taňrylardan tapawutlandyrýar. Goşmaça maglumata serediň: A4.
Ýewreýçe «nefeş». Manysy: dem alýan şahsyýet. Sözlüge serediň: Jan.
Ýa-da: Tigr.
Ýa-da: üstüni doljak; mynasyp ýar boljak.
Sözme-söz: aýalyna ýapyşar.
Ýa-da: duýgury; mekiri.
Ýa-da: iýmit üçin gowy.
Ýa-da: uýat ýerlerini ýapdylar.
Ýa-da: Salkyn düşende.
Sözme-söz: gorkup.
Sözme-söz: tohumyň.
Ýagny aýalyň nesli.
Ýa-da: Äriň söýgüsine zar bolarsyň.
Manysy: Ynsan; adamzat; toprakdan alnan adam.
Sözme-söz: Adam.
Manysy: Ýaşaýan. Sözme-söz: How.
Sözme-söz: ony.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: seni beýgeltmerinmi?
Ýa-da: Bu toprak agzyny açyp, seniň eliňden ölen doganyň ganyny ýuwudany üçin.
Manysy: Gaçgaklaryň ýurdy.
Ýa-da: nesil.
Ýa-da: belledi.
Manysy: Bellenen; goýlan; berlen.
Sözme-söz: nesil daragty.
Sözme-söz: ýaradan güni.
Ýa-da: adam; adamzat.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: hak Hudaý bilen ýöredi.
Ýa-da: dynçlyk; teselli.
«Dynçlyk; teselli» diýmegi aňladýan bolmaly.
Ýa-da: Perişdeler.
Sözme-söz: Meniň ruhum.
Başga manysy: tene görä ýaşaýan.
Ýa-da: Men oňa ýene 120 ýyl möhlet berýärin.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ökündi.
Ýa-da: ökünýärin.
Ýa-da: halal; dogruçyl.
Ýa-da: aýypsyz gezýärdi.
Sözme-söz: Hak Hudaý bilen ýöreýärdi.
Sözme-söz: sandyk; ullakan guty.
Mazut ýaly ýagjymak suwuklyk.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýewreýçe «sohar». Penjire, ýagty düşer ýaly deşik ýa-da üçek göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: içinde ýaşaýyş demi bolan jandarlary.
Ýa-da: halal; dogruçyl.
Başga manysy: ýedi jübütini.
Başga manysy: ýedi jübütini.
Sözme-söz: düýpsüz çuňlugyň.
Sözme-söz: içinde ýaşaýyş demi bolan jandarlar.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Topar-topar bolup, ýerde-suwda ýaşaýan we uçýan kiçijik jandarlar göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: içinde ýaşaýyş demi bolan jandarlaryň.
Sözme-söz: Ol.
Sözme-söz: Düýpsüz çuňlugyň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Gurbanlyklaryň ýakymly ysy Ýehowanyň gaharyny ýatyrdy.
Ýa-da: ýer ýüzüne betbagtçylyk indermerin.
Gemrijiler, mör-möjekler hem göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: söweşijidi.
Başga manysy: Olaryň ählisi birigip, bir beýik şäher boldy.
Başga manysy: agasy.
Manysy: Bölünişik.
Ýa-da: ýer ýüzüniň ilaty çar tarapa ýaýrapdy.
Mazut ýaly ýagjymak suwuklyk.
Manysy: Garyşyk.
Sözme-söz: ogly Harandan bolan agtygy Luty.
Sözme-söz: gelni Sarany, ogly Ybramyň aýalyny.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: gelmişek bolup ýaşajak boldy.
Sözme-söz: diri galdyrar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: demirgazyga, günorta, gündogara we günbatara.
Ikinji aýatdaky hanlar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýagny Öli deňzi.
Sözme-söz: Ybram ýewreýe.
Ýa-da: äht baglaşypdy.
Sözme-söz: doganynyň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: elimi galdyrýaryn.
Sözme-söz: sapagyňdan çarygyň bagyna çenli hiç zadyňam.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: galkanyň.
Ýa-da: hudaýhon; aýypsyz.
Kepderi jüýjesi göz öňünde tutulýar.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Manysy: Hudaý eşidýär.
Ýa-da: ýabany eşek. Käbirleriniň aýtmagyna görä, zebra göz öňünde tutulýar.
Başga manysy: doganlary bilen duşman bolup ýaşar.
Manysy: Maňa nazar salan Biribaryň guýusy.
Ýa-da: aýypsyz ýaşa.
Ýa-da: tassyklap.
Manysy: Beýik ata.
Manysy: Köpleriň atasy.
Ýa-da: öldürilsin.
«Igenjeň» diýmegi aňladýan bolmagy mümkin.
Manysy: Şa aýaly.
Sözme-söz: halklaryň patyşalary.
Manysy: Gülki.
Bir kersen 7,33 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: görümden galypdy.
Sözme-söz: hojaýynymyň.
Ýa-da: halal; dogruçyl.
Sözme-söz: toprak hem kül.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: Öýümden pena gözläp.
Adam keşbine giren perişdeler göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: giýewleriniň.
Iordan jülgesinden Sogara çenli aralyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirdiň.
Manysy: Kiçijik.
Iordan jülgesinden Sogara çenli aralyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: gelmişek bolup ýaşady.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirersiň.
Ýa-da: aýallaryň ýatgysyny ýapypdy.
Başga manysy: üstümden güler.
Sözme-söz: Bibisara çaga emdirer.
Sözme-söz: egnine goýdy-da.
Ýa-da: ýaýçy.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirişim.
Manysy: Ant guýusy; ýedileriň guýusy.
Sözme-söz: ýakma gurbanlygy edip ber.
Köz göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Manysy: Ýehowa ýetirer; Ýehowa aladasyny eder.
Sözme-söz: tohumyňy.
Sözme-söz: derwezesini.
Başga manysy: sen beýik baştutan.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: hetleriň.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: Budumyň aşagyna eliňi goý. Öňler ant içilende şeýle edilýärdi.
Sözme-söz: Ybraýymyň budunyň aşagyna elini goýup. Öňler ant içilende şeýle edilýärdi.
Ýa-da: wepaly söýgiňi bildir.
Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirendigiňe.
Mallary suwa ýakmak üçin agaçdan ýasalan gap.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: wepaly söýgüsini bildirdi.
Sözme-söz: dakdym.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirip.
Ýa-da: saňa „hawa“ ýa „ýok“ diýip bilmeris.
Sözme-söz: müňlerçe on müňler. Ýa-da: on millionlarça.
Sözme-söz: derwezesini.
Şu atlaryň ýewreýçe ýazylyşy tireleri ýa halklary hem aňladyp biler.
Ýa-da: sowgatlar.
Başga manysy: Olar dogan-garyndaşlaryna duşman bolup ýaşadylar.
Sözme-söz: arameý.
Manysy: Tüýlek.
Manysy: Ökjä ýapyşýan; biriniň ýerini alýan.
Ýa-da: aýypsyz; dogruçyl.
Manysy: Gyzyl.
Ýa-da: äsgermezlik etdi.
Ýa-da: ant içişim ýaly.
Manysy: Dawa.
Manysy: Aýyplama.
Manysy: Giň ýaýla.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Ýehowanyň adyny çagyrdy.
Ýa-da: ant içip, äht baglaşdylar.
Manysy: Ökjä ýapyşýan; biriniň ýerini alýan.
Ýa-da: hiç hili ak pata ýokmy?
Sözme-söz: gerdeniňe goýan boýuntyrygyny döwersiň.
Ýa-da: seni öldürerin diýip, özüni köşeşdirip ýör.
Sözme-söz: arameý.
Sözme-söz: gündogara, günbatara, demirgazyga we günorta.
Manysy: Hudaýyň öýi.
Ýa-da: ýakyn garyndaşym.
Ýa-da: Ýakup ýanaşar ýaly.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: onuň ýatgysyny açdy.
Manysy: Görsene, oglum boldy!
Manysy: Eşitmek.
Manysy: Ysnyşyk; birikmek.
Manysy: Şöhratlanan; alkyşlanan.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Manysy: Kazy.
Manysy: Göreşim.
Manysy: Şowly.
Manysy: Bagtly; bagtyýar.
Ýa-da: selmelek; mandragora.
Ýa-da: hakyny töledim.
Ýa-da: hakymy töledi.
Manysy: Hak; rysgal.
Ýa-da: menden hoşal bolar; meni kabul eder.
Manysy: Hoşal.
Sözme-söz: ýatgysyny açdy.
«Ýusupýar» adynyň gysga görnüşi. Manysy: Ýah artdyrsyn.
Hoşboý ysly, ak gülli agaç.
Sözme-söz: on.
Ýa-da: mukaddes edip.
Sözlüge serediň: Maşgala butlary.
Sözme-söz: arameý.
Ýa-da: mekir bolup.
Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: arameý.
Sözme-söz: ogşap.
Düýä ýük urmak üçin ulanylýan ýörite enjam.
Ýa-da: aýbaşym gelýär.
Sözme-söz: on.
Sözme-söz: Yshagyň Gorkýany.
Sözme-söz: ylalaşygyň şaýady bolsun.
Arameý dilindäki şu söz «Şaýatlyk üýşmegi» diýmegi aňladýar.
Ýewreý dilindäki şu söz «Şaýatlyk üýşmegi» diýmegi aňladýar.
Sözme-söz: ähtiň şaýady bolar.
Sözme-söz: ähtimiziň şaýady bolsun.
Sözme-söz: kakasy Yshagyň Gorkýanynyň.
Sözme-söz: ogşady-da.
Manysy: Iki düşelge.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: iki düşelgäniň eýesi boldum.
Sözme-söz: 20 urkaçy eşek, 10 erkek eşek.
Adam keşbine giren perişde göz öňünde tutulýar.
Manysy: Hudaý bilen ýeňilmän göreşýän; Hudaý göreşýär.
Manysy: Hudaýyň ýüzi.
Ýa-da: Peniýelden.
Ýa-da: saçuzyny; saçy.
Sözme-söz: guluňa.
Manysy: Çatmalar; agyllar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýanyna köp gidýärdi.
Sözlüge serediň.
Öňler başga halklar gulakhalkany doga-tumar hökmünde dakypdyrlar.
Manysy: Beýteliň Hudaýy.
Manysy: Hasratly dub agajy.
Manysy: Hasratymyň ogly.
Manysy: Sag elim.
Ýa-da: ömri şeýledir.
Taýpa baştutanlary göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: mazara inýänçäm. Sözlüge serediň: Mazar.
Sözme-söz: ol. Ýahuda göz öňünde tutulýar.
Şu bapda «ýanaşmak» diýlende, jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: buthanadaky ahlaksyz aýal. Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Ýa-da: buthanadaky ahlaksyz aýal. Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Manysy: Ýaryp geçýän.
Ýa-da: maslahatçysy; ynamdar hyzmatkäri.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: hojaýynlaryna garşy günä etdi.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirip.
Sözme-söz: guýa; çukura.
Sözme-söz: guýudan; çukurdan.
Sözme-söz: Üstünde Hudaýyň ruhy bolan.
Ýa-da: zygyr. Sözlüge serediň: Zygyr.
Sözme-söz: Awrek! Halkyň oňa hormat goýmalydygyny aňladýan bolmaly.
Ýagny Heliopolis.
Ýa-da: faraonynyň huzuryna baranda.
Ýagny Heliopolis.
Manysy: Unutdyrýan.
Manysy: Iki esse hasylly.
Ýa-da: terjimeçi.
Ýa-da: meni göni göre salmaly bolarsyňyz. Sözlüge serediň: Mazar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: meni göni göre salmaly bolarsyňyz. Sözlüge serediň: Mazar.
Ýa-da: mazara iner. Sözlüge serediň: Mazar.
Sözme-söz: mallaryna.
Ýa-da: bar zadyny.
Sözme-söz: görnüş arkaly gepleşip. Sözlüge serediň: Görnüş.
Sözme-söz: Ýusup gözleriňe elini goýar. Ýakup ölende, gözüni Ýusubyň ýapjakdygyny aňladýar.
Agtyk-çowluklary hem göz öňünde tutulýar.
Ýagny Heliopolis.
Goşeniň başga ady ýa-da bir etraby bolmagy mümkin.
Sözme-söz: budumyň aşagyna eliňi goý. Öňler ant içilende şeýle edilýärdi.
Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirip.
Sözme-söz: wepaly bolarsyň.
Sözme-söz: dyzyndan.
Sözme-söz: maňa çopançylyk eden.
Ýa-da: ar-namysym; mertebäm.
Manysy: Hak eýesi.
Sözme-söz: aýagynyň arasyndan.
Şilo göz öňünde tutulýar.
Ýahudanyň şerabynyň we süýdüniň bol boljakdygyny aňladýar.
Sözme-söz: atlyny.
Ýa-da: näz-nygmatyny.
Ýa-da: kakasynyň Hudaýynyň.
Sözme-söz: Ýusubyň başyna, başyndaky täjine bereket ýagyp durar.
Jeset çüýremez ýaly, hoşboý ysly ýaglary çalmagy aňladýar.
Ýa-da: öýündäkilere.
Manysy: Müsürlileriň hasraty.
Sözme-söz: Olar Ýusubyň dyzynda doglupdy.
Ýa-da: ant içen.