Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Danyýel 1:1—12:13
  • Danyýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Danyýar
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Danyýar

DANYÝAR PYGAMBERIŇ KITABY

1 Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymyň+ patyşalygynyň üçünji ýylynda Wawilonyň patyşasy Nawuhodonosor Iýerusalime gelip, daşyny gabady+. 2 Ýehowa Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy we hak Hudaýyň ybadathanasynyň käbir gap⁠-⁠gaçlaryny Nawuhodonosor patyşanyň eline berdi+. Ol gap⁠-⁠gaçlary Şyngar*+ ýurduna, öz taňrysynyň öýüne eltip, hazynasynda goýdy+.

3 Nawuhodonosor baş wezir Aşpenaza Ysraýyl patyşasynyň we han⁠-⁠begleriniň neslinden bolan ýigitleri getirmegi buýurdy+. 4 Ýigitler* sagdyn*, görmegeý, akylly⁠-⁠başly, zehinli, düşünjeli+ we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge ukyply bolmalydy. Aşpenaz olara haldeýleriň ýazuwyny we dilini öwretmelidi. 5 Patyşa günde olara öz saçagyndan nahar we şerap bermegi buýurdy. Ýigitlere üç ýyl bilim berilmelidi*. Üç ýyldan soň, olar patyşanyň huzurynda hyzmat etmelidiler.

6 Olaryň arasynda ýahuda taýpasyndan Danyýar*+, Hananýa*, Mişaýyl* we Azarýa*+ bardy. 7 Baş wezir olara täze at* dakdy. Danyýara Belteşazar+, Hananýa Sedrah, Mişaýyla Meşah, Azarýa Abdynag+ adyny goýdy.

8 Danyýar özüni haram etmek islemedi, şonuň üçin patyşanyň saçagyndan nahar iýmezligi we şerap içmezligi ýüregine düwdi. Ol baş wezirden nahar we şerap bermezligi haýyş etdi. 9 Hak Alla baş weziriň ýüregini ýumşatdy. Baş weziriň Danyýara rehimi inip, ýagşylyk etdi+. 10 Baş wezir Danyýara: «Men patyşadan gorkýaryn. Ol size nahardan we şerapdan paý berdi ahyryn. Eger patyşa sizi deň⁠-⁠duşlaryňyzdan ejiz görse, maňa näme boljagyny bilýärmiň? Siz sebäpli patyşahym meniň başymy alar» diýdi. 11 Şondan soň Danyýar Hananýanyň, Mişaýylyň, Azarýanyň we özüniň üstünden baş weziriň bellän gözegçisiniň ýanyna baryp, şeýle diýdi: 12 «Haýyş edýärin, gullaryňyzy on gün synap görüň. Bize iýere gök önümler, içere suw beriň. 13 Soňra bizi patyşanyň saçagyndan naharlanýan ýigitler bilen deňeşdirip görüň. Eger göwnüňize ýaramasak, bize islän zadyňyzy ediň».

14 Gözegçi ýigitleriň teklibi bilen razylaşdy we olary on gün synap gördi. 15 On günden dört ýigit patyşanyň saçagyndan naharlanýan ýigitlerden has görmegeý we sagdyn göründi. 16 Şeýlelikde, gözegçi olara patyşanyň saçagyndaky nahara we şeraba derek gök önümleri berdi. 17 Hak Hudaý dört ýigide golýazmalara düşüner ýaly akyldarlyk, bilim we parasatlylyk berdi. Danyýara bolsa görnüşleri* we düýşleri ýormaga ukyp berildi+.

18 Patyşanyň bellän möhleti gelip ýetende+, baş wezir ýigitleri Nawuhodonosoryň huzuryna getirdi. 19 Patyşa ýigitler bilen gepleşip gördi. Olaryň arasyndan Danyýara, Hananýa, Mişaýyla we Azarýa+ taý geljek tapylmady. Şonuň üçin olary patyşa hyzmat etmäge bellediler. 20 Patyşa olardan akyldarlygy we düşünjäni talap edýän meseleler hakda sorady. Olaryň patyşalygyndaky ähli jadygöýlerden* we palçylardan*+ on esse artyk gelýändigini gördi. 21 Danyýar Kir patyşanyň+ hökümdarlygynyň birinji ýylyna çenli köşkde hyzmat etdi.

2 Nawuhodonosor patyşalygynyň ikinji ýylynda düýş gördi. Ol howsala düşüp+, ýatyp bilmedi. 2 Patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri*, palçylary, gözbagçylary we haldeýleri* çagyrmagy buýurdy. Olar patyşanyň huzuryna geldiler+. 3 Patyşa olara: «Men düýş görüp, biynjalyk boldum. Düýşümi aýdyp beriň» diýdi. 4 Haldeýler arameý dilinde*+ patyşa: «Siziň alyhezretleriňiz, ömrüňiz uzak bolsun! Gören düýşüňizi gullaryňyza aýdyp beriň, bizem ony ýoraly» diýdiler.

5 Patyşa haldeýlere şeýle jogap berdi: «Ine, meniň soňky sözüm: eger gören düýşümi we ýorgudyny aýdyp bermeseňiz, sizi çapym⁠-⁠çapym ederin, öýleriňizi hajathana* döndererin. 6 Emma siz maňa gören düýşümi we ýorgudyny aýdyp berseňiz, size sowgat⁠-⁠serpaý ýapylar, uly hormat goýlar+. Indi maňa gören düýşümi we ýorgudyny aýdyp beriň».

7 Olar ýene⁠-⁠de patyşa: «Goý, patyşamyz gören düýşüni gullaryna aýtsyn, bizem ýorup bereli» diýdiler.

8 Patyşa olara şeýle diýdi: «Men görüp durun, siz aýdanymy hökman etjegimi bilip, wagt utmakçy bolýarsyňyz. 9 Eger maňa gören düýşümi aýdyp bermeseňiz, sizi jezalandyraryn. Maňa ýalan⁠-⁠ýaşryk zatlar aýtmak üçin özara dilleşipsiňiz. Wagtyň geçmegi bilen, pikirimi üýtgederin öýdýärsiňiz. Düýşümi maňa häziriň özünde aýdyp beriň. Şonda düýşümi ýorup biljekdigiňize düşünerin».

10 Haldeýler patyşa şeýle diýdiler: «Älem⁠-⁠jahanda patyşamyzyň talap edýän zadyny edip biljek adam ýokdur. Hiç bir patyşa ýa⁠-⁠da häkim jadygöýlik bilen meşgullanýan ruhanylardan, palçylardan ýa⁠-⁠da haldeý müneçjimlerden* beýle zady talap etmändi. 11 Patyşamyzyň edýän talaby juda agyr. Muny taňrylardan başga hiç kim äşgär edip bilmez, olaryň mekany bolsa başy ölümli ynsanlaryň arasynda däldir».

12 Patyşa muny eşidip gazap atyna atlandy. Ol Wawilonyň ähli akyldarlaryny öldürmegi buýurdy+. 13 Perman çykdy we akyldarlaryň hemmesini öldürmekçi boldular. Olar jeza bermek üçin Danyýaryň we ýoldaşlarynyň gözlegine çykdylar.

14 Patyşanyň garawullarynyň baştutany Aryýoh Wawilonyň akyldarlaryny öldürmek üçin iberilipdi. Danyýar onuň ýanyna baryp, paýhasly we seresaply gepleşdi. 15 Ol patyşanyň garawullarynyň baştutany Aryýohdan: «Patyşa näme üçin ýowuz perman çykardy?» diýip sorady. Aryýoh bolan zatlary Danyýara düşündirdi+. 16 Şonda Danyýar patyşanyň huzuryna baryp, düýşi ýormak üçin wagt bermegi haýyş etdi.

17 Danyýar öýüne gelip, bolan ýagdaýy dostlary Hananýa, Mişaýyla we Azarýa gürrüň berdi. 18 Danyýar dostlaryndan gögüň rehimdar Hudaýyndan patyşanyň syryny açyp bermegi babatda dileg etmegi haýyş etdi. Şonda olar Wawilonyň akyldarlary bilen heläk bolmazdylar.

19 Syr Danyýara gije görnüş* arkaly açyldy+. Danyýar gögüň Hudaýyna alkyş aýdyp, 20 şeýle diýdi:

«Goý, Allanyň adyna ebedilik alkyş bolsun!

Sebäbi akyldarlyk we gudrat onuňkydyr+.

21 Ol wagty we pasyllary çalyşýar+.

Patyşalary tagtdan düşürýär, tagta çykarýar+.

Danalara akyl berýär, düşünjelilere bilim berýär+.

22 Syrlary we gizlin zatlary açýar+,

Tümlükde näme bolýandygyny bilýär+,

Nuruň mesgeni hem ýanyndadyr+.

23 Ata⁠-⁠babalarymyň Hudaýy, saňa şöhrat we alkyş bolsun!

Sebäbi maňa paýhas hem güýç berdiň,

Dilegimizi eşidip,

Patyşanyň düýşüni açyp berdiň»+.

24 Danyýar Wawilonyň akyldarlaryny öldürmek üçin patyşanyň bellän adamy, garawullaryň baştutany Aryýohyň+ ýanyna baryp: «Wawilonyň akyldarlarynyň hiç birini öldürmäň. Meni patyşanyň ýanyna eltiň, düýşüni ýorup berjek» diýdi.

25 Aryýoh derrew Danyýary patyşanyň huzuryna eltip: «Patyşahym, Ýahudadan getirilen ýesirleriň+ arasynda düýşüňizi ýorup biljek bir adam bar eken» diýdi. 26 Patyşa Belteşazar ady dakylan Danyýara+ seredip: «Sen, dogrudan⁠-⁠da, gören düýşümi we ýorgudyny aýdyp bilermiň?»+ diýip sorady. 27 Danyýar patyşa şeýle jogap berdi: «Hiç bir akyldar⁠-⁠da, palçy⁠-⁠da, jadygöý⁠-⁠de, müneçjim⁠-⁠de patyşanyň soraýan syryny aýdyp bilmez+. 28 Emma gökde syrlary açýan Hudaý+ bar. Ol Nawuhodonosor patyşa soňky günlerde boljak zatlary mälim etdi. Siziň gören düýşüňiz we görnüşiňiz şudur:

29 Patyşahym, siz düýşüňizde gelejekde boljak wakalary gördüňiz. Syrlary açýan Hudaý size äşgär edýär. 30 Syryňyz maňa başgalardan has akyldar bolanym üçin açylmady. Düýşüň ýorgudy patyşa bilsin, ýüregindäki pikirlere düşünsin diýip açyldy+.

31 Patyşahym, siz düýşüňizde beýik heýkel gördüňiz. Heýkel örän uludy we öwşün atýardy. Ol garşyňyzda durdy we görnüşi juda gorkunçdy. 32 Heýkeliň kellesi sap altyndan+, döşi we gollary kümüşden+, garny hem butlary misden+, 33 injikleri demirdendi+, topukdan aşagy demir bilen toýun garyşyklydy+. 34 Siz seredip durkaňyz, adam eli degmese⁠-⁠de, dagdan bir daş gopup, heýkeliň demir bilen toýun garyşykly topugynyň aşagyna urdy we olary çym⁠-⁠pytrak etdi+. 35 Şonda demir, toýun, mis, kümüş we altyn kül⁠-⁠peýekun boldy. Şemal olary tomusda sowrulýan saman kimin uçuryp äkitdi we olardan nam⁠-⁠nyşan galmady. Emma heýkeli pytradan daş beýik bir daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni eýeledi.

36 Patyşahym, siziň gören düýşüňiz şeýledir. Indi onuň ýorgudyny diňläň. 37 Siziň alyhezretleriňiz, siz şalaryň şasysyňyz! Gögüň Hudaýy size patyşalyk+, ygtyýar, güýç⁠-⁠kuwwat we şan⁠-⁠şöhrat berdi. 38 Ýer ýüzündäki halklary, çöl haýwanlaryny, asman guşlaryny siziň ygtyýaryňyza berdi we olara hökümdar edip goýdy+. Altyn kelle — siz, patyşahym+.

39 Sizden soňra patyşalygyňyzdan pes başga bir patyşalyk dörär+. Ondan soň mise meňzedilýän üçünji patyşalyk peýda bolar. Ol bütin ýer ýüzünde höküm sürer+.

40 Dördünji patyşalyk demir kimin berk bolar+. Demriň ähli zady ýenjip, kül⁠-⁠uşak edişi ýaly, ol öňki patyşalyklaryň baryny ezip, derbi⁠-⁠dagyn eder+.

41 Siz heýkeliň topugyndan aşagynyň we barmaklarynyň demir bilen toýun garyşyklydygyny gördüňiz. Ol bölünen patyşalygy aňladýar. Demir bilen ýumşak toýnuň garylandygy üçin, onda biraz demriň berkligi bolar. 42 Barmaklaryň demir bilen toýun gatyşykly bolmagy patyşalygyň bir tarapdan güýçli, beýleki tarapdan gowşak boljakdygyny aňladýar. 43 Demriň ýumşak toýun bilen garylyşy ýaly, olar hem adamlar* bilen garyşar. Ýöne demriň toýun bilen birikmeýşi ýaly, olar hem agzybir bolup bilmezler.

44 Şol patyşalaryň döwründe gögüň Hudaýy hiç haçan ýok edilmejek+ bir patyşalygy döreder+. Ol patyşalyk başga halkyň eline geçmez+. Ol ähli patyşalyklary ýok eder+, özi bolsa ebedi durar+. 45 Siz adam eli degmese⁠-⁠de, dagdan gopan daşyň demri, misi, toýny, kümşi we altyny çym⁠-⁠pytrak edişini gördüňiz+. Beýik Alla gelejekde nämeleriň boljagyny patyşa görkezdi+. Düýşüňiz dogrudyr, ýorgudy hakdyr».

46 Şonda Nawuhodonosor patyşa dyza çöküp, Danyýara tagzym etdi. Danyýara serpaý ýapmagy we onuň üçin tütetgi ýakmagy buýurdy. 47 Patyşa Danyýara şeýle diýdi: «Sen syry äşgär etdiň. Hakykatdan⁠-⁠da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýydyr, patyşalaryň Patyşasydyr, syrlary açýan Alladyr!»+ 48 Patyşa Danyýary beýgeldip, köp gymmatbaha sowgatlary berdi. Danyýary Wawilonyň ähli welaýatlarynyň üstünden häkim edip belledi+. Wawilonyň ähli akyldarlaryna baştutan edip goýdy. 49 Danyýaryň haýyşy bilen patyşa Sedrahy, Meşahy we Abdynagy+ Wawilon welaýatynda ýokary wezipelere belledi. Danyýar bolsa patyşanyň köşgünde hyzmat etdi.

3 Nawuhodonosor patyşa beýikligi 60 tirsek*, ini 6 tirsek* altyn heýkel ýasatdy. Patyşa heýkeli Wawilon welaýatynyň Deýra düzlüginde goýdy. 2 Nawuhodonosor patyşanyň buýrugy bilen ýurduň emirleri, wezir⁠-⁠wekilleri, han⁠-⁠begleri, maslahatçylary, hazynadarlary, kazylary, şäher we welaýat häkimleri patyşanyň diken heýkeliniň açylyş dabarasyna çagyryldy.

3 Ýurduň emirleri, wezir⁠-⁠wekilleri, han⁠-⁠begleri, maslahatçylary, hazynadarlary, kazylary, şäher we welaýat häkimleri Nawuhodonosor patyşanyň diken heýkeliniň açylyş dabarasyna geldiler. Olar Nawuhodonosor patyşanyň diken heýkeliniň öňünde durdular. 4 Jarçy batly ses bilen jar çekdi: «Eý halklar, milletler, diller! Patyşa şeýle buýruk berýär: 5 surnaýyň, tüýdügiň, kanun* saz guralynyň, arfanyň, çeň* saz guralynyň, meşikli tüýdügiň we beýleki saz gurallaryň sesini eşiden badyňyza, Nawuhodonosor patyşanyň diken altyn heýkeliniň öňünde ýere ýüzin düşüp sežde ediň. 6 Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adam şol bada ýanyp duran peje taşlanjakdyr»+. 7 Ähli halklar, milletler, diller surnaýyň, tüýdügiň, kanun saz guralynyň, arfanyň, çeň saz guralynyň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyna, Nawuhodonosor patyşanyň diken altyn heýkeliniň öňünde ýere ýüzin düşüp sežde etdiler.

8 Şonda haldeýleriň käbiri patyşanyň ýanyna baryp, ýehudylary ýamanlady*. 9 Olar Nawuhodonosor patyşa şeýle diýdiler: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! 10 Eý patyşa, siz surnaýyň, tüýdügiň, kanun saz guralynyň, arfanyň, çeň saz guralynyň, meşikli tüýdügiň we beýleki saz gurallaryň sesini eşiden her bir adamyň ýere ýüzin düşüp, altyn heýkeliň öňünde sežde etmelidigi barada buýruk beripdiňiz. 11 Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adamy şol pursadyň özünde ýanyp duran peje taşlamagy emr edipdiňiz+. 12 Emma Wawilon welaýatynda ýokary wezipäni eýeleýän ýehudylar: Sedrah, Meşah we Abdynag+ size hormat goýmaýar. Patyşahym, olar siziň taňrylaryňyza gulluk etmeýärler we siziň diken altyn heýkeliňize sežde etmekden boýun gaçyrýarlar».

13 Şonda Nawuhodonosor patyşanyň gany depesine urup, Sedrahy, Meşahy, Abdynagy getirmegi buýurdy. Olary patyşanyň huzuryna getirdiler. 14 Nawuhodonosor şeýle diýdi: «Sedrah, Meşah, Abdynag! Siz, hakykatdanam, meniň taňrylaryma+ gulluk etmeýärsiňizmi, diken altyn heýkelime sežde etmeýärsiňizmi? 15 Siz surnaýyň, tüýdügiň, kanun saz guralynyň, arfanyň, çeň saz guralynyň, meşikli tüýdügiň we beýleki saz gurallaryň sesini eşiden badyňyza, meniň diken heýkelime ýüzin düşüp sežde etseňiz, özüňiz üçin gowy bolar. Emma siz sežde etmeseňiz, şol bada ýanyp duran peje taşlanarsyňyz. Hany, göreli⁠-⁠bakaly, meniň elimden sizi haýsy hudaý halas edip biler?»+

16 Sedrah, Meşah we Abdynag patyşa ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Nawuhodonosor patyşa, bu hakda gepleşip durmagyň geregi ýok. 17 Eger peje atsaňyz, sežde edýän Hudaýymyz halas eder. Eý patyşa, Hudaýymyz lowlap duran peçdenem, siziň eliňizdenem halas eder+. 18 Emma Hudaý halas etmese⁠-⁠de, eý patyşa, bilip goýuň, siziň taňrylaryňyza⁠-⁠da, diken altyn heýkeliňize⁠-⁠de sežde etmeris»+.

19 Nawuhodonosoryň Sedraha, Meşaha we Abdynaga gahary gelip, ýüzi⁠-⁠gözi üýtgäp gitdi. Ol pejiň oduny ýedi esse artdyrmagy buýurdy. 20 Patyşa daýaw esgerlerine Sedrahy, Meşahy we Abdynagy daňyp, lowlap duran peje atmagy tabşyrdy.

21 Olaryň el⁠-⁠aýagyny daňdylar⁠-⁠da, ýapynjasy, köýnegi, telpegi we beýleki geýimleri bilen ýanyp duran peje atdylar. 22 Patyşanyň ýowuz buýruk bermegi bilen, pejiň oduny şeýle bir güýçlendirdiler welin, Sedrahy, Meşahy we Abdynagy peje atan adamlar oda ýanyp öldüler. 23 Elleri daňylgy Sedrah, Meşah we Abdynag bolsa ýanyp duran pejiň içine düşdüler.

24 Nawuhodonosor patyşa gorkdy we dessine ýerinden turup, baş emeldarlaryndan: «Biz üç adamy daňyp peje atmadykmy?» diýip sorady. Olar: «Hawa, patyşahym!» diýip jogap berdiler. 25 Ol: «Serediň, men oduň içinde dört adamy görýän. Olar pejiň içinde gezip ýörler, ellerem daňylgy däl, hiç hili zyýanam ýetmändir. Dördünji adam taňrylara meňzeýär⁠-⁠le!» diýdi.

26 Nawuhodonosor ýanyp duran pejiň gapysynyň golaýyna baryp: «Allatagalanyň*+ gullary, Sedrah, Meşah, Abdynag! Çykyň daşyna, geliň bäri!» diýdi. Sedrah, Meşah we Abdynag oduň içinden çykdylar. 27 Ol ýere ýygnanan emirler, wezir⁠-⁠wekiller, häkimler we baş emeldarlar+ olaryň endamyna zyýan ýetmändigini gördüler+. Olaryň saçynyň ýekeje tary hem ýanmandyr, ýapynjalaryna hiç zat bolmandyr, hatda üstlerinden oduň ysy hem gelmeýärdi.

28 Nawuhodonosor şeýle diýdi: «Sedrahyň, Meşahyň, Abdynagyň Hudaýyna şöhrat!+ Ol perişdesini iberip, gullaryny halas etdi. Olar Hudaýyna bil bagladylar, patyşanyň kanunyna tabyn bolmadylar. Olar öz Hudaýyndan başga hiç bir taňra gulluk⁠-⁠da, sežde⁠-⁠de etmän, ölüm bilen ýüzbe⁠-⁠ýüz durmagy saýladylar+. 29 Şonuň üçin men Sedrahyň, Meşahyň, Abdynagyň Hudaýyna dil ýetiren islendik halky, milleti we dilleri çapym⁠-⁠çapym etmegi, öýlerini hajathana* döndermegi buýurýaryn. Sebäbi şol Hudaýdan başga halas edip biljek taňry ýokdur»+.

30 Soňra patyşa Wawilon welaýatynda Sedrahyň, Meşahyň we Abdynagyň wezipesini has⁠-⁠da beýgeltdi+.

4 «Nawuhodonosor patyşadan ýer ýüzünde ýaşaýan ähli milletlere, halklara we dillere parahatlyk bolsun! 2 Allatagalanyň* maňa görkezen görnüşlerini*, gudratlaryny size aýtmagy makul bildim. 3 Onuň görkezýän görnüşleri, gudratlary täsindir! Patyşalygy ebedilik patyşalykdyr, ol nesilden⁠-⁠nesle hökümdarlyk edýändir+.

4 Men, Nawuhodonosor öýümde arkaýyn ýaşaýardym we patyşalygym gülläp ösüpdi. 5 Bir gün men uklap ýatyrkam düýş gördüm we juda gorkdum. Gören görnüşlerim meni gorka saldy+. 6 Düýşümi ýordurmak üçin Wawilonyň ähli akyldarlaryny çagyrtdym+.

7 Şonda jadygöýler*, palçylar, haldeýler* we müneçjimler+ geldiler. Men düýşümi gürrüň berdim, emma olar ýorgudyny aýdyp bilmediler+. 8 Ahyry meniň taňrymyň ady+ dakylan Belteşazar, ýagny Danyýar+ huzuryma geldi. Onda mukaddes taňrylaryň ruhy bardy+. Men oňa düýşümi gürrüň berdim:

9 „Belteşazar, jadygöýleriň baştutany!+ Men sende mukaddes taňrylaryň ruhunyň bardygyny+ we saňa ähli syryň açyljakdygyny bilýärin+. Hany, gören görnüşimiň manysyny düşündir.

10 Men uklap ýatyrkam, düýşümde ýer ýüzüniň ortasynda duran bir agajy gördüm+. Agaç örän uludy+. 11 Ol ösüp berkedi, başy asmana ýetdi. Agajy dünýäniň ähli künjeginden görüp bolýardy. 12 Agajyň ýapraklary örän owadandy, bol miwe berýärdi we hemmeler ondan iýip doýýardy. Saýasynda haýwanlar ýatýardy, şahalarynda gögüň guşlary höwürtge ýasaýardy. Ähli janly⁠-⁠jandarlar miwesinden iýýärdi.

13 Uklap ýatyrkam düýşümde bir garawulyň, mukaddes perişdäniň* gökden aşak inip gelýändigini gördüm+. 14 Ol batly ses bilen şeýle diýdi: „Agajy kesiň+, şahalaryny çapyň, ýapraklaryny döküň we miwelerini çar tarapa pytradyň! Goý, haýwanlar aşagyndan gaçsyn, guşlar şahalaryndan uçsun. 15 Emma agajyň köküni sogurmaň, töňňesini demir we mis bilen baglap, otlaryň arasynda galdyryň. Ony gögüň çygy ýuwsun, haýwanlar bilen bile otlaryň arasynda galsyn+. 16 Ondan ynsan ýüregi alnyp, deregine haýwan ýüregi berilsin we ýedi döwür geçsin+. 17 Muny garawullar+ yglan etdi, buýrugy mukaddes perişdeler jar etdi. Ähli adamlar şuny bilsin: ynsan patyşalyklarynyň üstünden Allatagala höküm sürýär+, patyşalygy islän adamyna berýär, garyby* baş edip goýýar“.

18 Meniň, Nawuhodonosor patyşanyň gören düýşi şudur! Belteşazar, indi sen düýşümi ýorup ber, şalygymdaky akyldarlaryň hiç biri ýorgudyny aýdyp bilmedi+. Ýöne sen ýorup bilersiň, sebäbi sende mukaddes taňrylaryň ruhy bar“.

19 Belteşazar ady dakylan Danyýar+ biraz aljyrady, pikirleri gorka saldy.

Şonda patyşa: „Belteşazar, düýşüm we ýorgudy seni gorkuzmasyn“ diýdi.

Belteşazar şeýle jogap berdi: „Siziň alyhezretleriňiz, goý, düýşüň ýorgudy sizi ýigrenýänleriň, ganym duşmanlaryňyzyň başyna insin.

20 Siziň gören agajyňyz ösüp berkäpdi, başy asmana ýetýärdi, dünýäniň ähli künjeginden görünýärdi+, 21 ýapraklary owadandy, bol miwe berýärdi we hemmeler ondan iýip doýýardy. Aşagynda haýwanlar mesgen tutýardy, şahalarynda gögüň guşlary höwürtge ýasaýardy+. 22 Patyşahym, şol agaç — siz! Sebäbi siz beýgelip, güýç⁠-⁠kuwwatyňyz artdy, şan⁠-⁠şöhratyňyz asmana ýetdi+. Bütin dünýäde höküm sürýärsiňiz+.

23 Patyşa bir garawulyň, ýagny mukaddes perişdäniň+ gökden inip gelýändigini gördi. Ol şeýle diýdi: „Agajy kesip, ýok ediň, emma köküni sogurmaň, töňňesini demir we mis bilen baglap, otlaryň arasynda galdyryň. Ýedi döwür geçýänçä+, ony gögüň çygy ýuwsun, haýwanlar bilen bile otlaryň arasynda galsyn“. 24 Patyşahym, düýşüň ýorgudy we Allatagalanyň size çykaran hökümi şudur: 25 siz adamlaryň arasyndan kowlarsyňyz, haýwanlar bilen ýaşap, öküz kimin ot iýersiňiz, sizi gögüň çygy ýuwar+. Siz ynsan patyşalyklarynyň üstünden Allatagalanyň höküm sürýändigine, patyşalygy islän adamyna berýändigine+ düşünýänçäňiz, ýedi döwür geçer+.

26 Töňňäni köki bilen sogurmaly däl diýen buýrugyň+ manysy şeýle: gökde Hudaýyň hökümdarlyk edýändigine düşüneniňizden soňra patyşalygyňyz ýene⁠-⁠de gaýtarylyp berler. 27 Patyşahym, haýyş edýärin, maslahatyma gulak goýuň! Toba gelip, ýagşy işleri ediň, erbetlikden el çekip, garyp⁠-⁠gasarlara rehimdar boluň. Belki, şonda asuda, uzak ömür sürersiňiz“»+.

28 Aýdylanlaryň bary Nawuhodonosor patyşanyň başyna indi.

29 On iki aý geçipdi, ol Wawilonda köşgüniň ýokarsynda gezmeläp ýördi. 30 Patyşa: «Beýik Wawilon patyşanyň şäheri bolsun, şan⁠-⁠şöhratymy yglan etsin. Men şäheri öz güýç⁠-⁠kuwwatym bilen gurdum!» diýdi.

31 Patyşa heniz sözüni tamamlamanka, gökden bir ses geldi: «Nawuhodonosor patyşa, gulak as! Patyşalygyň eliňden alyndy+, 32 sen adamlaryň arasyndan kowlarsyň. Haýwanlar bilen ýaşap, öküz kimin ot iýersiň. Ynsan patyşalyklarynyň üstünden Allatagalanyň höküm sürýändigine, patyşalygy islän adamyna berýändigine+ düşünýänçäň, ýedi döwür geçer».

33 Aýdylanlaryň bary şol pursadyň özünde Nawuhodonosoryň başyna indi. Ol adamlaryň arasyndan kowuldy, öküz kimin ot iýmäge başlady, gögüň çygy bedenini ýuwdy. Saçy ösüp bürgüdiň ýelekleri ýaly, dyrnaklary guşuň penjesi ýaly boldy+.

34 «Bellenen möhlet dolanda+, men, Nawuhodonosor asmana seretdim we akylyma aýlandym. Men Allatagala alkyş aýtdym, ebedi ýaşaýany şöhratlandyryp, öwgi aýtdym. Onuň patyşalygy ebedilik patyşalykdyr, ol nesilden⁠-⁠nesle hökümdarlyk edýändir+. 35 Onuň bilen deňäniňde, ýer ýüzüniň adamlary hiç zatdyr. Ol adamlara we gögüň goşunlaryna islän zadyny edýär. Hiç kim ony saklap bilmez+, hiç kim oňa: „Edýäniň näme?“ diýip bilmez+.

36 Men akylyma aýlananymda, patyşalygym, at⁠-⁠abraýym we şan⁠-⁠şöhratym ýene⁠-⁠de özüme gaýdyp geldi+. Baş emeldarlarym, beglerim maňa ak ýürekden tabyn boldular. Tagtym özüme gaýtarylyp berildi, şöhratym öňküdenem artdy.

37 Men, Nawuhodonosor indi gökleriň Patyşasyna+ alkyş aýdýaryn, ony beýgeldýärin, şöhratlandyrýaryn. Onuň ähli işleri dogrudyr, ýollary adalatlydyr+. Hudaý tekepbirleri peseldýändir»+.

5 Belşazar patyşa+ müň han⁠-⁠beginiň şanyna uly meýlis gurnady we olaryň öňünde şerap içip otyrdy+. 2 Şerapdan ýaňa keýpi kök bolan Belşazar patyşa kakasy Nawuhodonosoryň Iýerusalimiň ybadathanasyndan olja alan altyn we kümüş käselerini getirmegi buýurdy+. Ol han⁠-⁠begleri, aýallary we gyrnaklary bilen bile şol käselerde şerap içmek isledi. 3 Iýerusalimdäki Hudaýyň ybadathanasyndan olja alnan altyn käseleri getirdiler. Patyşa han⁠-⁠begleri, aýallary we gyrnaklary bilen şol käselerde şerap içdi. 4 Olar şerap içip, altyndan, kümüşden, misden, demirden, agaçdan we daşdan ýasalan taňrylaryny şöhratlandyrdylar.

5 Şol pursat adam eli peýda boldy we şemdanyň gapdalynda köşgüň diwarynyň ýüzüne ýazyp başlady. Patyşa eliň ýazyp durandygyny gördi. 6 Şonda onuň ýüzi ak tam ýaly boldy, pikirleri gorka saldy, aýaklary ysgyndan gaçyp+, dyzlary sandyrap başlady.

7 Patyşa gygyryp palçylary, haldeýleri* we müneçjimleri çagyrmagy buýurdy+. Patyşa Wawilonyň akyldarlaryna şeýle diýdi: «Eger kimde⁠-⁠kim ýazgyny okap, manysyny düşündirip berse, oňa gyrmyzy don ýapylar, boýnuna altyn zynjyr dakylar+ we patyşalykda üçünji adam bolar»+.

8 Patyşanyň çagyran ähli akyldarlary ne ýazgyny okap bildiler, ne⁠-⁠de manysyny düşündirdiler+. 9 Belşazar patyşanyň ýüregi ýarylara geldi, ýüzi duw⁠-⁠ak boldy, han⁠-⁠begleri hem aljyraňňy ýagdaýa düşdi+.

10 Patyşanyň we han⁠-⁠begleriň gürrüňlerini eşiden şa aýaly meýlishana girdi. Ol şeýle diýdi: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! Howsala düşmäň, özüňizi ele alyň*. 11 Siziň patyşalygyňyzda bir adam ýaşaýar. Onda mukaddes taňrylaryň ruhy bar. Kakaň höküm süren döwründe, ol adamda taňrylaryňky ýaly bilim, düşünje we akyldarlyk bardy+. Kakaň Nawuhodonosor patyşa ony jadygöýlere*, palçylara, haldeýlere we müneçjimlere baştutan edip goýupdy+. Eý patyşa, ony kakaň hut özi belläpdi. 12 Patyşa Danyýara Belteşazar adyny dakypdy+. Ol akyl⁠-⁠paýhasy, bilimi, düşünjesi bilen düýşleri ýorýardy, tapmaçalary çözýärdi we kyn meselelerden çykalga tapýardy+. Danyýary çagyryň, ol size ýazgynyň manysyny düşündirip biler».

13 Danyýary patyşanyň huzuryna getirdiler. Hökümdar ondan: «Danyýar, kakamyň Ýahudadan ýesir edip getiren adamy+ senmi? 14 Sende taňrylaryň ruhunyň bardygyny+ eşitdim. Sen bilimiň, düşünjäň we akyl⁠-⁠paýhasyň bilen tanalýan ekeniň+. 15 Akyldarlary, palçylary huzuryma çagyrdym we ýazgyny okap, manysyny düşündiriň diýdim, olar bolsa muny başarmadylar+. 16 Men seniň syrlary açyp, kyn meselelerden çykalga tapyp bilýändigiňi eşitdim+. Eger sen ýazgyny okap, manysyny düşündirip bilseň, egniňe gyrmyzy don ýapylar, boýnuňa altyn zynjyr dakylar we patyşalykda üçünji adam bolarsyň»+.

17 Danyýar patyşa ýüzlenip şeýle diýdi: «Sylag⁠-⁠serpaýlaryňyz, goý, özüňizde galsyn ýa⁠-⁠da olary başgalara beriň. Ýöne men ýazgyny okap, manysyny patyşa düşündirip bereýin. 18 Eý patyşa, Allatagala* kakaň Nawuhodonosora patyşalyk, ygtyýar, at⁠-⁠abraý we şan⁠-⁠şöhrat berdi+. 19 Hudaý oňa ygtyýar beripdi. Şol sebäpli ähli halklar, milletler we diller öňünde sandyraýardylar+. Ol islän adamyny diri goýup, islänini öldürýärdi. Halan kişisini beýgeldip, halamadygyny peseldýärdi+. 20 Ol doňýürek bolup, gedemlik we tekepbirlik edende+, patyşalygy elinden alyndy, at⁠-⁠abraýy gaçdy. 21 Ol adamlaryň arasyndan kowuldy, oňa haýwan ýüregi berildi we gulanlar bilen bile ýaşady. Ynsan patyşalyklarynyň üstünden Allatagalanyň höküm sürýändigine, patyşalygy islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol öküz kimin ot iýdi, gögüň çygy bedenini ýuwdy+.

22 Emma siz, onuň ogly Belşazar, bularyň baryny bilseňiz⁠-⁠de, pesgöwünli bolmadyňyz. 23 Özüňizi gögüň Eýesinden ýokary tutduňyz+, Hudaýyň öýüniň käselerini getirtdiňiz+. Siz han⁠-⁠begleriňiz, aýallaryňyz we gyrnaklaryňyz bilen olara şerap guýup içdiňiz. Siz hiç zady görmeýän, hiç zady eşitmeýän we hiç zady bilmeýän altyndan, kümüşden, misden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan taňrylara alkyş okadyňyz+. Emma janyňyz Allanyň elinde bolsa⁠-⁠da+, ýörejek ýollaryňyzy bilse⁠-⁠de, siz ony şöhratlandyrmadyňyz. 24 Şonuň üçin Alla adam eline şu ýazgyny ýazmagy buýurdy+. 25 Ýazylan sözler şudur: MENE, MENE, TEKEL we PARSIN.

26 Sözleriň manysy şeýle: MENE — Hudaý şalyk günleriňi hasaplap, soňky gününi belledi+.

27 TEKEL — terezide çekildiň we agramyň ýeňil çykdy.

28 PERES — patyşalygyň bölünip, midiýalylara we parslara berildi»+.

29 Soňra Belşazaryň buýrugy bilen Danyýara gyrmyzy don ýapdylar, boýnuna altyn zynjyr dakdylar we patyşalykda üçünji adam diýip yglan etdiler+.

30 Şol gijäniň özünde haldeý patyşasy Belşazar öldürildi+. 31 Patyşalyk midiýaly Dariýiň+ eline geçdi, ol 62 ýaşlaryndady.

6 Dariý patyşa 120 sany emiri ýurdy dolandyrmak üçin belledi+. 2 Olaryň üstünden bolsa üç sany baş emeldary goýdy. Patyşanyň işleri rowaçlanar ýaly emirler+ olara hasabat bermelidi. Baş emeldarlaryň biri Danyýardy+. 3 Ol beýleki emirlerden we baş emeldarlardan akyl⁠-⁠paýhasy bilen tapawutlanýardy+. Şol sebäpli patyşa ony bütin ýurduň üstünden baş edip goýmakçy boldy.

4 Baş emeldarlar bilen emirler Danyýary aýyplamak üçin patyşalykda ýerine ýetirýän işlerinden kemçilik tapjak boldular, emma hiç zat tapyp bilmediler. Sebäbi Danyýar ynamdar we dogruçyl adamdy, işine sowuk⁠-⁠sala garamaýardy. 5 Olar: «Biz Danyýaryň dinini+ özüne garşy ulanaýmasak, ondan hiç hili ýazyk tapyp bilmeris» diýdiler.

6 Şeýlelikde, baş emeldarlar bilen emirler ýygnanyşdylar we patyşanyň huzuryna gelip, şeýle diýdiler: «Dariý patyşamyz! Ömrüňiz uzak bolsun! 7 Biz baş emeldarlar, wezir⁠-⁠wekiller, emirler, köşk geňeşçileri, häkimler bolup maslahatlaşdyk we şanyň şeýle perman çykarmagyny makul bildik. Goý, patyşa şeýle perman çykarsyn: 30 günüň içinde sizden başga hudaýa ýa⁠-⁠da ynsana dileg eden adam ýolbarsly çukura taşlansyn+. 8 Siziň alyhezretleriňiz, perman çykaryp, möhür basyň+. Midiýa we Pars kanunlarynyň ýatyrylmaýşy ýaly, goý, siziň çykaran permanyňyz ýatyrylmasyn»+.

9 Dariý patyşa permana möhür basdy.

10 Danyýar permana möhür basylandygyny eşiden badyna öýüne gaýtdy. Ýokarky otagyň Iýerusalime bakyp duran penjireleri açyk durdy+. Ol hemişekisi ýaly dyza çöküp, her gün üç gezek doga etdi we Hudaýyna alkyş aýtdy. 11 Şol pursat adamlar onuň öýüne kürsäp girdiler we Hudaýa ýalbaryp, dileg edip duran Danyýary gördüler.

12 Olar patyşanyň huzuryna bardylar we perman hakda ýatladyp: «Patyşahym, çykaran permanyňyza görä, 30 günüň içinde sizden başga hudaýa ýa⁠-⁠da ynsana dileg eden adam ýolbarsly çukura taşlanmalydyr» diýdiler. Patyşa jogap berip: «Hawa, Midiýa we Pars kanunlarynyň ýatyrylmaýşy ýaly, permany hem hiç kim üýtgedip bilmez»+ diýdi. 13 Olar derrew patyşa: «Ýahudadan ýesir getirilen Danyýar+ sizi äsgermeýär, möhür basan permanyňyzy ýerine ýetirmeýär. Ol her gün üç sapar öz Hudaýyna doga edýär»+ diýdiler. 14 Patyşa muny eşidende, gama batdy. Ol Danyýary halas etmek üçin çykalga gözledi we Gün ýaşýança, ony gutarmagyň aladasyny etdi. 15 Ahyry olar üýşüp, patyşanyň huzuryna bardylar⁠-⁠da, şeýle diýdiler: «Patyşahym, bilip goýuň, Midiýa we Pars kanunyna görä, patyşanyň permany hem karary üýtgedilmeli däldir»+.

16 Şeýlelikde, patyşa buýruk berdi we olar Danyýary ýolbarsly çukura taşladylar+. Patyşa Danyýara: «Wepaly* gulluk edýän Hudaýyň seni halas eder» diýdi. 17 Soňra daşy getirip, çukuryň agzynda goýdular. Danyýara çykarylan karar üýtgedilmez ýaly, patyşa özüniň we han⁠-⁠begleriniň ýüzügi bilen daşy möhürledi.

18 Patyşa köşgüne geldi. Ol agşam hiç zat iýmedi, aýdym⁠-⁠saz diňlemedi, gözüne uky⁠-⁠da gelmedi. 19 Daň atan badyna, patyşa ýerinden turup, ýolbarsly çukura tarap ylgady. 20 Ol çukuryň ýanyna gelip, gamgyn ses bilen: «Danyýar, Biribaryň guly! Wepaly gulluk edýän Hudaýyň seni ýolbarslardan halas etdimi?» diýip sorady. 21 Danyýar patyşa derrew jogap berip: «Eý patyşa, ömrüňiz uzak bolsun! 22 Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady+. Olar maňa zyýan ýetirmediler+, sebäbi Allanyň öňünde günäm ýokdur. Eý patyşa, size garşy hem günä etmändim» diýdi.

23 Patyşa begenjinden ýaňa uçaýjak boldy. Ol Danyýary çukurdan çykarmagy buýurdy. Danyýary çykaranlarynda, endamynda hiç hili ýara ýokdy. Sebäbi ol öz Hudaýyna bil baglapdy+.

24 Patyşanyň buýrugy bilen Danyýara ýamanlyk eden* adamlary getirdiler. Olary ogullary we aýallary bilen bile ýolbarsly çukura taşladylar. Çukuryň düýbüne düşmänkä, ýolbarslar olary parçalap, ähli süňklerini gemirdiler+.

25 Şonda Dariý patyşa dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan halklara, milletlere we dillere şeýle hat ýazdy+: «Size parahatlyk dileýärin! 26 Men şeýle buýruk berýärin: patyşalygymyň ähli welaýatlarynda ýaşaýan adamlar Danyýaryň Hudaýyndan gorksunlar, hormat goýsunlar+. Sebäbi ol Biribardyr, baky ýaşaýandyr. Onuň patyşalygy hiç haçan ýok edilmez, ebedi höküm sürer+. 27 Ol halas edýär+, azat edýär. Gökde we ýerde alamatlar hem gudratlar görkezýär+. Danyýary ýolbarslaryň penjesinden halas etdi».

28 Danyýar Dariý+ we Pars şasy Kiriň patyşalygynda sag⁠-⁠salamat ýaşady+.

7 Wawilon patyşasy Belşazaryň+ hökümdarlygynyň birinji ýylynda Danyýar uklap ýatyrka görnüş* gördi+. Ol gören wakalaryny jikme⁠-⁠jik ýazdy+. 2 Danyýar şeýle diýdi:

«Men gije görnüş gördüm: çar tarapdan öwüsýän ýel äpet deňizde+ harasat turuzdy. 3 Deňizden biri⁠-⁠birine meňzemeýän dört sany wagşy haýwan+ çykdy.

4 Birinjisi ýolbarsa meňzeýärdi+, onuň bürgüdiňki+ ýaly ganatlary bardy. Men seredip durdym, onuň ganatlaryny gopardylar. Soňra ony ýerden galdyrdylar, adam kimin iki aýagynyň üstünde durzup, ynsan ýüregini berdiler.

5 Soňra men aýa meňzeýän ikinji wagşy haýwany+ gördüm. Ol bir aýagyny galdyryp durdy, dişleriniň arasynda üç gapyrga bardy. Oňa: „Bar⁠-⁠da, köp et iý!“+ diýildi.

6 Mundan soňra alajabarsa meňzeş üçünji wagşy haýwany+ gördüm. Onuň dört kellesi+ we arkasynda guşuňky ýaly dört ganaty bardy. Oňa höküm sürmäge ygtyýar berlipdi.

7 Soňra men gije görnüşde dördünji haýwany gördüm. Ol gorkunç, haýbatly we örän güýçlüdi. Onuň uly demir dişleri bardy, ähli zady ýalmap ýuwudýardy, döwüm⁠-⁠döwüm edýärdi, galan⁠-⁠gaçanyny aýagy bilen mynjyradýardy+. Ol öňki gören wagşy haýwanlaryma meňzemeýärdi; onuň on şahy bardy. 8 Men şahlara syn edip durkam, olaryň arasyndan kiçi şah+ çykdy we onuň öňündäki üç şah goparyldy. Kiçi şahyň ynsan gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy+.

9 Görsem, tagtlar peýda boldy. Owaldan Bar Bolan+ tagtynda oturdy+. Onuň lybasy gar ýaly akdy+, saçy ýüň kimin ap⁠-⁠akdy. Onuň tagty alawlap durdy, tigirleri ýanyp durdy+. 10 Onuň tagtyndan otly çeşme akýardy+. Müňlerçe* perişdeler oňa hyzmat edýärdi, millionlarçasy* huzurynda durdy+. Kazy+ geçip oturdy we kitaplar açyldy.

11 Men seredip durdym, şah tekepbirlik bilen gepleýärdi+. Wagşy haýwan öldürilýänçä we maslygy oda atylyp ýok edilýänçä seredip durdym. 12 Beýleki haýwanlaryň+ elinden häkimiýetleri alyndy. Olaryň ömri bir döwür we bir pasyl uzaldyldy.

13 Şol gije görnüşde asman bulutlarynyň içinden ynsan ogluna+ meňzeş biriniň gelýändigini gördüm. Oňa Owaldan Bar Bolanyň+ huzuryna barmaga rugsat berildi we onuň ýanyna getirildi. 14 Oňa ähli halklar, milletler we diller gulluk etsinler+ diýip, hökümdarlyk+, şöhrat+ hem patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy ebedi galar, soňy gelmez we hiç haçan ýok edilmez+.

15 Men, Danyýar howsala düşdüm, sebäbi gören görnüşim meni örän gorkuzdy+. 16 Gören zatlarymyň düýp manysyny soramak üçin, ol ýerde duranlaryň biriniň ýanyna bardym. Ol maňa wakalaryň manysyny düşündirdi:

17 „Dört sany uly haýwan+ ýer ýüzünde höküm sürjek dört patyşadyr+. 18 Emma hökümdarlyk+ Hemmelerden Beýigiň mukaddeslerine+ berler. Olar patyşalykda ebedi we baky höküm sürerler“+.

19 Soňra beýleki haýwanlara meňzemeýän dördünji wagşy haýwan barada has köp bilmek isledim. Ol örän gorkunçdy, dişleri demirdendi, penjesi misdendi. Ol ýalmap ýuwudýardy, döwüm⁠-⁠döwüm edýärdi, galan⁠-⁠gaçanyny aýagy bilen mynjyradýardy+. 20 Onuň başynda on şahy+ bardy. Olaryň arasyndan bir şah çykdy we öňündäki üç şah goparyldy+. Şahyň gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy. Ol beýleki şahlardan has uly görünýärdi.

21 Men seredip durdym, şah mukaddesler bilen söweşdi we olardan üstün çykyp başlady+. 22 Şonda Owaldan Bar Bolan+ geldi, Hemmelerden Beýigiň mukaddesleriniň+ peýdasyna höküm çykardy. Mukaddesleriň hökümdarlyk etjek wagty geldi+.

23 Görnüşiň manysyny düşündirýän maňa şeýle diýdi: „Dördünji haýwan dünýäde höküm sürjek dördünji patyşalykdyr. Ol beýleki patyşalyklaryň ählisinden tapawutlanar. Ol bütin dünýäni ýalmap ýuwudar, döwüm⁠-⁠döwüm edip, ony mynjyradar+. 24 On şah bolsa, patyşalykdan peýda boljak on patyşadyr; olardan soňra başga bir patyşa dörär we öňkülere meňzemez. Ol üç patyşany özüne tabyn eder+. 25 Ol Allatagala* garşy geplär+ we Hemmelerden Beýigiň mukaddeslerine üznüksiz azar berer. Olar bir döwür, iki döwür we ýarym döwür* patyşanyň ygtyýaryna berler+. Patyşa döwri we kanuny üýtgetmek islär. 26 Kazy oturdy we olar patyşany doly ýok etmek+ üçin hökümdarlygyny elinden aldylar.

27 Patyşalyk, hökümdarlyk we gök astyndaky ähli patyşalyklaryň şöhraty Hemmelerden Beýigiň mukaddes halkyna berildi+. Olaryň patyşalygy ebedi patyşalykdyr+, ähli hökümdarlyklar olara gulluk edip, boýun egerler“.

28 Ine, wakalaryň soňy. Men, Danyýar pikirlerimden ýaňa örän gorkup, ýüzüm ak tam ýaly boldy. Ýöne men gören⁠-⁠eşidenlerimi ýüregimde sakladym».

8 Belşazaryň+ hökümdarlygynyň üçünji ýylynda men, Danyýar öňküden başga ýene bir görnüş* gördüm+. 2 Men Elam+ welaýatynyň Şuşan*+ galasyndadym. Görnüşde men Ulaý çeşmesiniň boýunda otyrdym. 3 Başymy galdyryp seredenimde, çeşmäniň boýunda iki şahly+ goç+ durdy. Onuň iki şahy⁠-⁠da uzyndy, ýöne bir şahy beýlekisinden biraz uzynrakdy. Uzyn şahy soň çykypdy+. 4 Men goçuň günbatar, demirgazyk we günorta taraplara süsüp durandygyny gördüm. Hiç bir wagşy haýwan onuň öňünde durup bilmedi. Hiç kim onuň hüjüminden gaçyp gutulyp bilmedi+. Ol tekepbirlik bilen islän zadyny edýärdi.

5 Men seredip durdym, günbatardan bir tekäniň+ gelýändigini gördüm. Ol aýagyny ýere basmazdan, bütin ýer ýüzüni aýlanyp çykdy. Onuň maňlaýynda ullakan bir şahy bardy+. 6 Ol çeşmäniň boýunda duran iki şahly goça gaharlanyp, üstüne okdurylyp barýardy.

7 Men onuň goça gazaplanyp, ýanyna barandygyny gördüm. Ol goçy süsüp, onuň iki şahyny döwdi. Goçuň gaýtawul bermäge gurbaty çatmady. Teke goçy ýere ýykyp depeledi. Onuň hüjüminden goçy hiç kim halas edip bilmedi.

8 Soňra teke ulumsylyk etdi, ol güýçlenende uly şahy döwüldi. Onuň ýerine çar tarapa* seredip duran dört şah çykdy+.

9 Olaryň birinden başga bir kiçi şah çykyp, günorta, gündogara we Owadan ýurda+ tarap ösüp ulaldy. 10 Ol şeýle bir ösdi welin, gögüň goşunlaryna ýetdi. Ol goşundan käbirini we ýyldyzlaryň birnäçesini ýere gaçyryp depeledi. 11 Ol goşunyň serkerdesine⁠-⁠de garşy çykdy. Şonuň üçin serkerdäniň elinden her gün berilýän gurbanlyk alyndy. Onuň dikelden mukaddes ýeri ýumruldy+. 12 Şaha goşun berildi, günä sebäpli her gün berilýän gurbanlyk gadagan edildi. Ol hakykaty ýere zyňýardy we edýän işinde üstünlik gazanýardy.

13 Men bir perişdäniň gepleýändigini eşitdim. Başga bir perişde gelip, şeýle diýdi: «Her gün berilýän gurbanlyk we weýran edýän günä hakyndaky görnüş haçana çenli dowam eder?+ Haçana çenli mukaddes ýer we goşun depelener?» 14 Ol maňa: «Mukaddes ýer dikeldilip, öňki ýagdaýyna gelýänçä, 2 300 günüň dowamynda irden we öýlän gurbanlyk berler» diýdi.

15 Men, Danyýar görýän görnüşimiň manysyna düşünjek boldum. Birden garşymda ynsana meňzeş biriniň durandygyny gördüm. 16 Soňra Ulaýyň+ ortarasyndan: «Jebraýyl+, oňa gören zadyny düşündir»+ diýen ynsan sesini eşitdim. 17 Ol meniň ýanyma gelende, gorkudan ýaňa ýüzin ýykyldym. Ol maňa: «Ynsan ogly, görnüş dünýäniň soňunda ýerine ýeter»+ diýdi. 18 Ol gepläp durka, men uklap galypdyryn, ýöne ol maňa elini degrip, ýerimden galdyrdy+. 19 Soňra ol şeýle diýdi: «Gahar⁠-⁠gazabyň soňky pursadynda näme boljakdygyny gürrüň bereýin, sebäbi ol dünýäniň soňunda berjaý bolmaly+.

20 Gören iki şahly goçuň Midiýa we Pars patyşalary+. 21 Tüýlek teke Gresiýa patyşasy+. Onuň gözleriniň ortasyndaky uly şah birinji patyşasy+. 22 Ol şahyň döwlüp, ýerine dört şahyň çykmagy+ şol milletden dört patyşalygyň dörejegini aňladýar. Ýöne olar birinji şah ýaly güýçli bolmazlar.

23 Patyşalygynyň soňky günlerinde günäli işler has köpeler, aýlawly gep⁠-⁠gürrüňlere düşünýän* zalym patyşa tagta geçer. 24 Ol kuwwatly bolar, ýöne muňa öz güýji bilen ýetmez. Ol öňde⁠-⁠soňda görülmedik weýrançylygy getirer, üstünlik gazanyp, işi rowaç bolar. Ol güýçlüleri we mukaddes halky ýok eder+. 25 Ol mekirlik edip üstünlik gazanar, ýüreginde özüni beýgelder. Ol asuda döwürde* köpleriň soňuna çykar. Ol hatda serkerdeleriň Serkerdesine garşy çykar. Şonda ol ynsan eli degmese⁠-⁠de ýykylar.

26 Irden we öýlän berilýän gurbanlyklar hakynda aýdylan sözler hakykatdyr. Sen görnüşi hiç kime aýtma, sebäbi ol gelejekde ýerine ýeter»+.

27 Men, Danyýar tapdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym+. Soňra turup, patyşalyk işleri bilen gümra boldum+, ýöne gören görnüşlerimden ýaňa dilim tutuldy. Muňa hiç kim düşünmedi+.

9 Midiýaly Haşaýaryň* ogly Dariýiň+ hökümdarlygynyň birinji ýylydy. Ol haldeýleriň üstünden patyşa edip bellenipdi+. 2 Dariýiň patyşalygynyň birinji ýylynda, men, Danyýar mukaddes golýazmalary okadym. Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözlerinden Iýerusalimiň 70 ýyllap+ haraba bolup ýatjakdygyna+ düşündim. 3 Men hak Hudaý Ýehowa ýalbaryp kömek soradym, agyz bekledim+, jul* geýdim we kül üstünde oturyp, doga edip başladym. 4 Ýehowa Hudaýyma halkymyň günäleri üçin şeýle doga etdim:

«Hak Hudaýym Ýehowa, sen ähtiňe wepalysyň, hudaýhonlary*, tabşyryklaryňy berjaý edýänleri+ söýýärsiň*+, beýik hem haýbatly Hudaýsyň! 5 Biz günä gazandyk, zorluk⁠-⁠sütem etdik, erbet işlere baş goşduk, gozgalaň turuzdyk+, tabşyryklaryňy we kararlaryňy bozduk. 6 Seniň adyňdan gelen pygamberler+ patyşalarymyza, serkerdelerimize, ata⁠-⁠babalarymyza we bütin halkymyza duýduryş bererdiler. Emma biz olary diňlemedik. 7 Ýehowa, sen dogruçyl, biz bolsa henize çenli ýüzügara. Ýahuda we Iýerusalim halky, ysraýyllaryň ählisi saňa biwepalyk edendikleri üçin ýüzügara. Sen olary ýakyn we daş ülkelere, dünýäniň ähli künjegine pytratdyň+.

8 Ýehowa, seniň öňüňde patyşalarymyz, serkerdelerimiz, ata⁠-⁠babalarymyz we biziň ählimiz ýüzügara. Sebäbi biz saňa garşy günä etdik. 9 Ýehowa Hudaýymyz, sen geçirimli+, rehimdar, ýöne biz saňa garşy gozgalaň turuzdyk+. 10 Biz Ýehowa Hudaýymyzyň sözüne gulak asmadyk, pygamberleri arkaly beren kanunlaryny ýerine ýetirmedik+. 11 Ysraýyl halky Kanunyňy bozdy, sözüňe gulak asmady. Hak Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylan ähli näletler başymyza indi+, sebäbi biz saňa garşy günä etdik. 12 Bize we üstümizden hökümdarlyk eden serdarlara aýdyşyň ýaly+ betbagtçylyk getirdiň. Iýerusalime inen bela gök astynda hiç haçan bolmandy+. 13 Musanyň kanunynda ýazylan ähli belalar başymyza indi+. Biz bolsa Ýehowa Hudaýymyza ýalbarmadyk, rehim etmegini dilemedik, günäli ýolumyzdan gaýtmadyk+ we Hudaýyň dogruçyllygyny* unutdyk.

14 Ýehowa eglenmän, öz wagtynda başymyza bela inderdi. Ýehowa Hudaýymyzyň edýän ähli işleri adalatlydyr, ýöne biz oňa gulak asmadyk+.

15 Güýçli goly bilen halkyny Müsür ýurdundan alyp çykan+, şu güne çenli özüni şöhratlandyrýan+ Hudaýymyz Ýehowa, biz günä edipdik we erbet işlere baş goşupdyk. 16 Ýehowa, ýalbarýaryn, dogruçyllygyňa görä+ Iýerusalim şäheriňden, mukaddes dagyňdan gahar⁠-⁠gazabyňy sow. Biziň hem⁠-⁠de ata⁠-⁠babalarymyzyň günäleri, ýazyklary sebäpli Iýerusalim şäheri we seniň halkyň goňşulara masgara boldular+. 17 Ýa Allam, indi guluň dilegini eşit, dogalaryna gulak goý. Ýehowa, haraba dönen+ mukaddes mekanyňa öz hatyraň üçin rehim et+. 18 Alla jan, meni diňle, sözlerimi eşit. Seniň adyňy göterýän, haraba dönen şäheriňe seret. Dogruçyl bolandygymyz üçin däl⁠-⁠de, seniň rehimdar Hudaýdygyňy+ bilip ýalbarýarys. 19 Ýehowa, bizi eşit! Ýehowa, bizi bagyşla!+ Ýehowa, bizi diňläp, dadymyza ýetiş! Ýa Allam, adyň hatyrasyna gijä galma! Sebäbi şäher we halk seniň adyň bilen tanalýar»+.

20 Men özümiň, ysraýyl halkymyň günäleri üçin toba edip, doga edýärdim, Hudaýym Ýehowadan mukaddes dagyna+ rehim etmegini dileýärdim. 21 Men heniz doga edip durkam, öňki görnüşde* görnen+ Jebraýyl perişde+ ynsan keşbinde ýanyma geldi. Men örän ýadapdym. Öýlän çagydy, gurbanlyk berilýän wagtdy. 22 Ol maňa şeýle düşündirdi:

«Danyýar, men saňa bularyň baryny düşündirmäge geldim. 23 Sen doga edip başlanyňda, maňa bir habar geldi; menem saňa aýtmaga geldim, sebäbi Hudaý seni gowy görýär*+. Indi bolsa aýtjak sözlerimi ünsli diňläp, görnüşiň manysyna düşün.

24 Hudaý seniň halkyň we mukaddes şäheriň+ üçin 70 hepde* belledi. Şonda ýazyklar we günäler ýok ediler+, töleg tölener+, dogruçyllyk ebedilik dikeldiler+, görnüş hem⁠-⁠de pygamberlik möhürlener+, Iň mukaddes ýer Hudaýa bagyş ediler*. 25 Muny bil we düşün, Iýerusalimiň dikeldilmegi barada perman çykandan+ tä Mesih+ Baştutan+ bolup gelýänçä, 7 hepde hem 62 hepde+ geçmeli. Şol döwür agyr bolsa⁠-⁠da, Iýerusalim, onuň meýdançasy* gaýtadan dikeldiler we ýaplar gazylar.

26 Mesih 62 hepdeden soň öldüriler+, ol hiç zatsyz galar+.

Baştutan goşuny bilen gelip, şäheri we mukaddes ýeri weýran eder+. Ol sil alan ýere meňzär. Ol ýer ýok edilýänçä uruşlar bolar, Hudaýyň karary bilen şäher haraba döner+.

27 Ol köpler üçin ähti bir hepde güýjünde saklar. Hepdäniň ortasynda gurbanlyklaryň hem sadakalaryň berilmegi bes ediler+.

Ýigrenji zatlaryň ganatynda weýrançylyk getirýän biri geler+. Weýran edilen ýer doly ýok edilýänçä, çykarylan höküm ýerine ýetiriler».

10 Pars patyşasy Kiriň+ hökümdarlygynyň üçünji ýylynda Belteşazar ady dakylan Danyýar+ görnüş* gördi. Ol beýik uruş baradaky çyn habardy. Danyýara habary düşündirenlerinde, ol manysyna düşündi.

2 Şol günler men, Danyýar üç hepde ýas tutdum+. 3 Tagamly nahar iýmedim, agzyma ne et, ne⁠-⁠de şerap aldym. Üç hepdeläp bedenime ýag çalmadym. 4 Birinji aýyň 24⁠-⁠ne men beýik Tigr*+ derýasynyň kenarynda durdym. 5 Başymy galdyryp seredenimde, zygyr* köýnekli+, bili Upaz altyn guşakly birini gördüm. 6 Bedeni zeberjet* daşy+ ýaly ýalpyldaýardy, ýüzi ýyldyrym kimin ýagty saçýardy, gözleri alaw ýaly ýanyp durdy, elleri we aýaklary mis ýaly öwşün atýardy+, sesi uly märekäniň galmagaly ýalydy. 7 Görnüşi diňe men, Danyýar gördüm, ýanymdakylar ony görmediler+. Olaryň ýüregine gorky aralaşdy, olar gaçdylar we gizlendiler.

8 Men ýeke galdym. Täsin görnüşi görüp, ysgyndan gaçdym, ýüzüm ak tam ýaly boldy, güýç⁠-⁠kuwwatym galmady+. 9 Soňra onuň sesini eşitdim. Ol gepläp başlanynda, men ýere ýüzin düşüp, uklap galypdyryn+. 10 Şonda biri eli bilen meni yralady+. Men ellerime daýanyp, dyzymyň üstüne galdym. 11 Ol maňa diýdi:

«Danyýar, Hudaý seni gowy görýär*+, sözlerimi ünsli diňle. Ýeriňden tur, Hudaý meni ýanyňa ugratdy».

Ol bulary aýdanda, men sandyr⁠-⁠sandyr edip, ýerimden turdum.

12 Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýar, gorkma+, sen bulara düşünmegi, Hudaýyň öňünde pespäl bolmagy ýüregiňe düwen günüň doga edipdiň. Eden dogaň şol günüň özünde kabul boldy. Şonuň üçinem men seniň ýanyňa geldim+. 13 Emma Pars patyşalygynyň serkerdesi+ 21 günläp meniň bilen söweşdi. Şonda baş serkerdeleriň biri Mikaýyl*+ kömege ýetişdi. Men bolsa Pars patyşalarynyň ýanynda durdym. 14 Men dünýäniň ahyrynda+ seniň halkyň başyna nämeleriň injekdigini düşündirmäge geldim, sebäbi görnüş gelejek döwür hakdadyr»+.

15 Ol gepläp durka, men başymy aşak saldym, dilim tutuldy. 16 Ynsana meňzeş biri dodaklaryma elini degrende+, dilim açyldy. Men garşymda durana şeýle diýdim: «Agam, görnüşden ýaňa sandyrap, güýç⁠-⁠gurbatdan düşdüm+. 17 Agam, guluňyz nädip geplesin?+ Men tapdan düşdüm, demim tutuldy»+.

18 Ynsana meňzeş biri ýene maňa elini degrip ruhlandyrdy+. 19 Ol: «Gorkma!+ Hudaý seni gowy görýär*+. Alada etme!+ Mert bol, mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende maňa güýç geldi. Men: «Agam, aýdyber, sebäbi sen maňa kuwwat berdiň» diýdim.

20 Ol şeýle diýdi: «Seniň ýanyňa näme üçin gelendigimi bilýäňmi? Men yzyma dolananymda, Pars serkerdesi bilen söweşerin+. Men gidenimden soňra Gresiýanyň serkerdesi söweşmäge geler. 21 Emma men saňa hakykat kitabynda nämeleriň ýazylandygyny gürrüň bereýin. Meni serkerde+ Mikaýyldan+ başga goldaýan ýokdur.

11 Men midiýaly Dariýiň+ hökümdarlygynyň birinji ýylynda onuň arkadaýanjy boldum. 2 Men saňa hakykaty gürrüň bereýin:

Pars patyşalygyndan ýene⁠-⁠de üç patyşa geler, dördünji patyşa beýleki patyşalaryň ählisinden has baý bolar. Ol baýlygyna daýanyp, güýç⁠-⁠kuwwat toplar we her kesi Gresiýa patyşasyna+ garşy aýaga galdyrar.

3 Soňra güýçli bir patyşa tagta çykar. Ol erk⁠-⁠ygtyýar bilen höküm sürer+ we islän zadyny eder. 4 Emma ol beýgelende patyşalygy dargap, dört bölege bölüner+. Patyşalyk onuň nesline geçmez we hiç kim onuň ýaly güýçli bolmaz. Onuň patyşalygy köki bilen sogrular we başga biriniň eline geçer.

5 Günorta patyşasy, ýagny onuň serkerdeleriniň biri güýçlener. Emma biri* ony ýeňip, höküm sürüp başlar. Häkimiýeti onuňkydan has kuwwatly bolar.

6 Olar birnäçe ýyldan soňra dostlaşarlar. Günorta patyşanyň gyzy demirgazyk patyşasy bilen ylalaşyk baglaşmaga barar. Emma ol gyzyň goly güýçden gaçar. Patyşa⁠-⁠da, onuň güýç⁠-⁠kuwwaty⁠-⁠da ýok bolar. Gyzyň özi, kakasy, gyzy şu ýere getirenler we ony şol döwürde goldanlar başgalaryň eline berler. 7 Gyzyň kökünden çykan baldak kakasynyň ýerini eýelär. Ol goşuna we demirgazyk patyşanyň galasyna garşy çykar, olar bilen söweşip, ýeňiş gazanar. 8 Olaryň taňrylaryny, guýma butlaryny, altyn⁠-⁠kümüşden ýasalan gymmatbaha zatlaryny we ýesirlerini Müsüre getirer. Ol birnäçe ýyllap demirgazyk patyşasy bilen söweşmez. 9 Demirgazyk patyşasy günorta patyşasyna garşy söweşe çykar, emma öz watanyna dolanar.

10 Onuň ogullary urşa taýýarlyk görüp, uly goşun toplar. Olaryň biri* ýurdy sil ýaly süpürip taşlar we üstünlik gazanar. Ol yzyna dolananda, galasyna gelýänçä ýolboýy söweşer.

11 Emma günorta patyşasy gazaplanyp, oňa, ýagny demirgazyk patyşasyna garşy söweşe çykar. Ol hem uly goşun toplar, ýöne goşun beýleki patyşanyň eline geçer. 12 Goşun äkidiler. Ol tekepbirlik edip, on müňlerçe adamy öldürer. Emma ol gazanan üstünliginden peýdalanyp bilmez.

13 Demirgazyk patyşasy yzyna dolanar we öňküden⁠-⁠de köp adam toplar. Biraz wagtdan, birnäçe ýyldan soňra ähli zady üpjün edilen uly goşun bilen geler. 14 Şol döwürde köpler günorta patyşasyna garşy çykar.

Seniň halkyň arasyndaky zalym adamlar görnüşi* amala aşyrjak bolar, emma olar ýykylar.

15 Demirgazyk patyşasy gelip, galanyň daşyna gabaw depesini galdyrar we basyp alar. Günorta patyşanyň goşuny we batyr ýigitleri garşy durup bilmezler, sebäbi güýç⁠-⁠kuwwatdan gaçar. 16 Günorta patyşasyna çozan demirgazyk patyşasy islän zadyny eder. Hiç kim onuň öňünde durup bilmez. Ol Owadan ýurda+ geler we derbi⁠-⁠dagyn etmäge ygtyýary bolar. 17 Ol patyşalygyň ähli güýjüni toplap gelmegi ýüregine düwer. Onuň bilen ylalaşyk baglaşarlar we ähli işi rowaçlanar. Oňa gyzy ýok etmek ygtyýary berler. Gyz oňa biwepalyk eder, onuň tarapyny tutmaz. 18 Patyşa kenar ýakasyndaky ýurtlary basyp almagy ýüregine düwer we köp adamlary ýesir alar. Şonda goşun serkerdesi patyşanyň kemsitmeleriniň soňuna çykar. Indi hiç kim kemsidilmez, kemsidýäniň özi masgara bolar. 19 Soňra ol ýurdundaky galalara dolanar, ýöne büdräp ýykylar, ony hiç kim tapmaz.

20 Onuň ýerine başga biri geçip, salgytçyny* beýik patyşalygyň içinden geçmäge iberer. Ol birnäçe günden aradan çykar, ýöne ol ne biriniň elinden, ne⁠-⁠de söweş meýdanynda öler.

21 Onuň ýerine ýigrenji biri geçer, emma oňa patyşa hökmünde hormat goýmazlar. Ol asuda döwürde* geler we mekirlik bilen patyşalygy eýelär. 22 Ol sile meňzeýän goşuny derbi⁠-⁠dagyn eder. Goşun dargadylar we äht+ Baştutany+ ýok ediler. 23 Olar onuň bilen äht baglaşar. Ol mekirlik bilen beýgeler we kiçi halkyň saýasynda güýçlener. 24 Ol asuda döwri* ata⁠-⁠babalarynyň başarmadyk işini edip, welaýatlaryň mes topragyny eýelär. Ol talanan, olja düşen zatlary we emläkleri halklara paýlap berer. Ol galalara garşy hile gurar, ýöne uzaga çekmez.

25 Ol güýjüni we uly goşunyny toplap, günorta patyşasy bilen söweşmegi ýüregine düwer. Günorta patyşasy hem onuň bilen söweşmek üçin uly we güýçli goşun toplar. Ýöne ol* durup bilmez, sebäbi oňa garşy dildüwşük gurnalar. 26 Çöregini iýen adamlar ony ýok ederler.

Onuň goşuny bolsa derbi⁠-⁠dagyn ediler we köp adamlar gyrlar.

27 Zalym işleri etmegi ýüregine düwen iki patyşa saçak başynda oturyp, biri⁠-⁠birine ýalan sözlärler. Emma üstünlik gazanmazlar, sebäbi olaryň soňy bellenen günde geler+.

28 Ol köp olja bilen ýurduna dolanar, ýüregi mukaddes ähte garşy bolar. Ol üstünlik gazanyp, ýurduna dolanar.

29 Hudaýyň bellän wagty ol ýene⁠-⁠de günorta patyşasyna garşy çykar, ýöne bu gezek öňküsi ýaly bolmaz. 30 Kittim+ gämileri onuň bilen söweşip, ony peselder.

Ol dolanyp geler, gahar⁠-⁠gazap bilen mukaddes ähte garşy çykar+ we üstünlik gazanar. Ol gaýdyp gelende, mukaddes ähti bozanlara nazar salar. 31 Onuň goşuny aýaga galar we galany, mukaddes ýeri haram eder+, her gün berilýän gurbanlygy+ gadagan eder.

Şol ýerde weýrançylyk getirýän ýigrenji zat dikiler+.

32 Demirgazyk patyşasy ähti bozýan adamlary aldap, imandan dänderer. Emma Hudaýy tanaýan halk üstünlik we ýeňiş gazanar. 33 Halkyň akyldarlary+ köp adamlara bilim bererler. Olar birnäçe günüň dowamynda gylyçdan, otdan, ýesirlikden we talaňçylykdan ejir çekerler*. 34 Şonda olara biraz kömek ediler. Köp adamlar ýalana ynanyp, olara goşular. 35 Akyldarlaryň birnäçesi ýykylar. Şeýlelikde, dünýäniň soňuna çenli köp adamlar arassalanar, tämizlener, päk bolar+. Bularyň soňy bellenen wagtda geler.

36 Patyşa islän zadyny eder, tekepbirlik bilen ähli taňrylardan özüni ýokary tutar. Ol hudaýlaryň Hudaýyna+ paýyş sözleri aýdar. Ol gahar gününe çenli üstünlik gazanar, ýöne çykarylan höküm hökman ýerine ýeter. 37 Patyşa ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýyna hormat goýmaz. Aýallaryň haýyşyny we taňrylary äsgermän, diňe özüni şöhratlandyrar. 38 Patyşa galalaryň taňrysyny şöhratlandyrar. Ol altyn⁠-⁠kümşi, gymmatbaha daşlary we hazynalary ata⁠-⁠babalarynyň bilmeýän taňrysyna berer. 39 Patyşa ýat taňrynyň kömegi bilen galalary basyp alyp, üstünlik gazanar. Ol özüni goldaýanlara* sylag⁠-⁠serpaý ýapar we halkyň üstünden baştutan edip goýar. Ol ýer paýlaryny hak töläne berer.

40 Dünýäniň soňunda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Demirgazyk patyşasy arabalary, atlylary we ençeme gämileri bilen onuň üstüne çozar. Ol ýurda hüjüm eder we ony sil ýaly süpürip äkider. 41 Ol Owadan ýurda+ çozar we köp ýurtlary weýran eder. Ýöne Mowabyň, Edomyň we ammonlaryň baştutanlary onuň elinden gaçyp gutular. 42 Ol ähli ýurtlara hüjüm eder, Müsür ýurdy⁠-⁠da halas bolup bilmez. 43 Ol Müsüriň altyn⁠-⁠kümüşden doly gizlin hazynalaryna we ähli gymmatbaha zatlaryna eýeçilik eder. Liwiýalylar we efiopiýalylar onuň yzyndan gider.

44 Gündogardan we demirgazykdan gelen habar onuň gaharyny getirer. Ol köp adamlary gyryp, ýoguna çykmak üçin gahar⁠-⁠gazaba müner. 45 Ol şa çadyrlaryny uly deňiz bilen Owadan ýurduň+ mukaddes dagynyň aralygynda diker. Ol ýok bolar we onuň dadyna ýetişjek bolmaz.

12 Şol wagt Mikaýyl*+, Beýik serkerde+ seniň halkyň üçin aýaga galar. Şonda halklar döräli bäri görlüp⁠-⁠eşidilmedik agyr döwür bolar. Seniň halkyň, Hudaýyň kitabynda ady ýazylan+ her bir adam halas bolar+. 2 Toprakda ýatan ençeme adamlar ukudan oýanar. Olaryň käbiri ebedi ýaşaýşa gowşar, käbiri käýinje we ebedi höküme sezewar bolar.

3 Akyldar adamlar gök asman dek ýagty saçar. Halka dogruçyllygy öwredýänler ýyldyzlar kimin ebedilik şöhle saçar.

4 Danyýar, aýdylanlary gizlin sakla, dünýäniň soňuna çenli kitaby möhürle+. Köp adamlar gözleg geçirerler, hakyky bilim hem artar»+.

5 Soňra men, Danyýar iki sany perişdäniň durandygyny gördüm. Biri çeşmäniň bäri tarapynda, ýene biri aňry tarapynda durdy+. 6 Olaryň biri çeşmäniň ýokarsynda duran zygyr* köýnekli adamdan+: «Täsin wakalar haçan gutarar?» diýip sorady. 7 Soňra men çeşmäniň ýokarsynda sag hem çep elini asmana galdyryp duran zygyr köýnekli biriniň sesini eşitdim. Ol ebedi Bar Bolanyň+ adyndan ant içip: «Wakalar bir döwür, iki döwür we ýarym döwür dowam eder*. Mukaddes halk güýçden gaçanda+ bularyň barynyň soňy geler» diýdi.

8 Men eşitsem⁠-⁠de, düşünmedim+. Şonuň üçinem: «Agam, munuň soňy näme bilen gutarar?» diýdim.

9 Ol şeýle diýdi: «Danyýar, ýola düş, sebäbi aýdylan zatlar dünýäniň soňuna çenli gizlin saklanar we möhürlener+. 10 Köp adamlar arassalanar, tämizlener we päk bolar+. Erbet adamlar erbet işlerini ederler, olaryň hiç biri muňa düşünmez. Emma akyldarlar düşünerler+.

11 Her gün berilýän gurbanlygy+ gadagan edip, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikenlerinden+ soň 1 290 gün geçer.

12 Sabyrly bolup, 1 335 gün geçýänçä garaşanlar bagtlydyr!

13 Soňuna çenli berk dur! Sen dynç alarsyň, soňky günlerde düşen paýyňy almak üçin turarsyň»+.

Ýagny Wawiloniýa.

Sözme⁠-⁠söz: Çagalar.

Sözme⁠-⁠söz: şikessiz.

Başga manysy: Ýigitleriň üç ýyl aladasy edilmelidi.

Manysy: Hudaý meniň Kazym.

Manysy: Ýehowa ýagşylyk edýär.

«Hudaýa taý geljek barmy?» diýmegi aňladýan bolmaly.

Manysy: Ýehowa kömek edýär.

Ýagny wawilonlylaryň atlary.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: jadygöýlik bilen meşgullanýan ruhanylardan.

Ýa⁠-⁠da: tersokanlardan.

Sözme⁠-⁠söz: jadygöýlik bilen meşgullanýan ruhanylary.

Ýagny palçylar we müneçjimler.

Dan 2:4b—7:28 asyl nusgada arameý dilinde ýazylypdyr.

Başga manysy: zir⁠-⁠zibile; nejasat üýşmegine.

Ýyldyzlara seredip, wakalary öňünden görýän ýa⁠-⁠da aýdýan adamlar.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: adamzat nesli. Ýagny garamaýak halk.

Takmynan 27 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Takmynan 2,7 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Kirişli saz guralynyň bir görnüşi.

Arfanyň bir görnüşi.

Ýa⁠-⁠da: ýehudylara töhmet atdy.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: zir⁠-⁠zibile; nejasat üýşmegine.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: jadygöý ruhanylar.

Ýagny palçylar we müneçjimler.

Ýa⁠-⁠da: habarçynyň.

Ýa⁠-⁠da: pesgöwünlini.

Ýagny palçylar we müneçjimler.

Ýa⁠-⁠da: Pikirleriňiz sizi gorkuzmasyn, ýüzüňiz ap⁠-⁠ak bolmasyn.

Sözme⁠-⁠söz: jadygöý ruhanylara.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: Dyngysyz.

Ýa⁠-⁠da: töhmet atan.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: Müňlerçe müň.

Sözme⁠-⁠söz: On müňlerçe on müňi.

Sözlüge serediň.

Ýagny 3,5 döwür.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: Suza.

Sözme⁠-⁠söz: gögüň dört ýeline.

Ýa⁠-⁠da: duzak gurmaga ökde.

Başga manysy: duýdansyz.

Käbir taryhy kitaplarda Ahaşweroş diýilýär.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: özüňi söýýänleri.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirýärsiň.

Ýa⁠-⁠da: wepalylygyny.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: sen sylanýan adamsyň.

Bu ýerde bir hepde ýedi ýyly öz içine alýar. Jemi: 490 ýyl.

Sözme⁠-⁠söz: ýag guýlup bellener.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: Hiddekel.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: hrizolit. Sary ýa⁠-⁠da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.

Ýa⁠-⁠da: sen sylanýan adamsyň.

Manysy: Hudaýa taý geljek barmy?

Ýa⁠-⁠da: Sen sylanýan adamsyň.

Demirgazyk patyşasy göz öňünde tutulýan bolmaly.

Sözme⁠-⁠söz: Ol.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: harby gulluga ýazýany.

Başga manysy: duýdansyz.

Başga manysy: duýdansyz.

Belki, demirgazyk patyşalygy.

Sözme⁠-⁠söz: büdrärler.

Başga manysy: özüniň goldaýanlaryna.

Manysy: Hudaýa taý geljek barmy?

Sözlüge serediň.

Ýagny 3,5 döwür.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş