RESULLAR KITABY
1 Eý Teofil, men birinji kitabymda Isanyň ähli eden işleri we öwreden zatlary barada ýazypdym+. 2 Ol göge galmazdan öň+, mukaddes ruh arkaly saýlan resullaryna+ köp tabşyryklar berdi. 3 Isa görgi görüp ölenden soňra-da, şägirtlerine direlendigini ençeme gezek subut etdi+. Ol 40 günläp şägirtlerine göründi we Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz etdi+. 4 Isa olar bilen görşende: «Iýerusalimden gitmäň+. Meniň aýdan we Atamyň wada beren zadyna+ garaşyň. 5 Sebäbi Ýahýa suwa çümdürýärdi, emma siz tizden mukaddes ruh arkaly çümdürilersiňiz»+ diýip tabşyrdy.
6 Olar bir ýere ýygnanyşyp, Isadan: «Mugallym, Ysraýylda patyşalygy häzir dikeltjekmi?»+ diýip soradylar. 7 Isa olara: «Bellenen wagty we döwri diňe Atam bilýändir+, size bilmek hökman däl. 8 Emma siziň üstüňize mukaddes ruh inende+, güýjüňize güýç goşulyp, Iýerusalimde+, tutuş Ýahudada, Samariýada+ we bütin ýer ýüzünde+ men hakda wagyz edersiňiz»+ diýdi. 9 Isa sözüni tamamlap, şägirtleriniň gözüniň alnynda asmana galdy we bulutlaryň içinde gözden gaýyp boldy+. 10 Şägirtleri onuň asmana galşyna seredip durkalar, birdenkä ýanlarynda ak eşikli iki adam+ peýda boldy. 11 Olar: «Eý jelileliler, näme üçin asmana seredip dursuňyz? Isa siziň ýanyňyzdan nädip asmana galan bolsa, edil şonuň ýaly-da gaýdyp geler» diýdiler.
12 Şeýlelikde, şägirtler Zeýtun dagyndan gaýdyp, Iýerusalime geldiler+. Ol dag Iýerusalimiň golaýynda ýerleşýärdi we bir sabat günlük ýoldy. 13 Resullar şähere gelip, bolýan jaýynyň ýokarky otagyna çykdylar. Şol otagda Petrus, Ýahýa, Ýakup, Andreas, Filipus, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, yhlasly diýilýän Simun we Ýakubyň ogly Ýahuda bardy+. 14 Olar Isanyň doganlary we ejesi Merýem+ hem-de beýleki aýallar+ bilen dyngysyz doga edýärdiler.
15 Şol günleriň birinde 120-ä golaý dogan-uýalar doga etmek üçin ýygnandylar, şonda Petrus ýerinden turup, şeýle diýdi: 16 «Doganlar, Dawudyň mukaddes ruh arkaly aýdan pygamberligi Iudada ýerine ýetdi+. Ol Isany tussag etdirmek üçin esgerleri alyp gelipdi+. 17 Ol hem resuldy+, biziň bilen gulluk etmek üçin saýlanypdy. 18 Ol haram pula mellek satyn aldy+. Soňra ýokardan başaşak gaçyp, garny ýaryldy we içegeleri çykyp gitdi+. 19 Bolan wakany Iýerusalimiň ilaty eşitdi. Şol sebäpli satyn alnan mellege öz dillerinde „Hakeldama“, ýagny Ganly mellek diýip at goýdular. 20 Zebur kitabynda: „Öýi boşap galsyn, onda hiç kim ýaşamasyn+. Wezipesi başga birine berilsin“+ diýip ýazylgy. 21 Şeýlelikde, onuň wezipesi Halypamyz Isa ýanymyzdaka, biziň aramyzda bolan adamlaryň birine berilmeli. 22 Ol Isanyň Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilip+, tä asmana galan wagtyna+ çenli ýanymyzda bolanlaryň biri bolmaly. Şeýle-de ol Isanyň direlendigine şaýat bolmaly»+.
23 Şeýlelikde, olar iki adamy teklip etdiler. Olar Barsabat diýilýän Ýusup (oňa Ýustus hem diýýärdiler) we Mattyýady. 24 Olar şeýle doga etdiler: «Eý Ýehowa*, sen ähli adamlaryň ýüregini görýärsiň+. Olaryň haýsysyny saýlan bolsaň, bize görkezäý. 25 Ol Iudanyň ornuna geçip, resul bolup gulluk etsin, sebäbi Iuda ondan ýüz öwrüp, öz ýoly bilen gidipdi»+. 26 Soňra olar bije atdylar+, bije Mattyýa düşdi. Ol 11 resula goşuldy.
2 Pentikost baýramçylygynda+ şägirtleriň ählisi öňki bolýan öýünde ýygnandylar. 2 Birdenkä güýçli ýeliň öwsüşi kimin gökden bir ses geldi, sesi jaýda oturanlaryň hemmesi eşitdi+. 3 Şonda ot ýalynlaryna meňzeş diller peýda boldy-da, bölünip, her şägirdiň üstünde durdy. 4 Olaryň hemmesi mukaddes ruhdan dolup+, ruhuň kömegi bilen dürli dillerde gepläp başladylar+.
5 Şol wagt Iýerusalime dünýäniň dürli künjeginden hudaýhon ýehudylar gelipdi+. 6 Sesi eşidenleriň köpüsi şol ýere ýygnandylar. Olar şägirtleriň dürli dillerde gepleýändiklerini eşidip, aljyraňňy ýagdaýa düşdüler. 7 Olar haýran galyşyp: «Gepleýän adamlar jelileli dälmi?+ 8 Olar nädip biziň ene dilimizde gepläp bilýärler? 9 Biz parfiýalylar, midiýalylar+, elamlar+ we Mesopotamiýada, Ýahudada, Kappadokiýada, Pontusda, Aziýada ýaşaýarys+. 10 Aramyzda frigiýalylar, pamfiliýalylar, müsürliler, Kirenanyň golaýynda ýaşaýan liwiýalylar, Rimden gelen ýehudylar bilen ýehudy dinine geçenler+, 11 kritliler we araplar hem bar. Biziň ählimiz olaryň Allanyň gudratly işleri hakda öz ene dilimizde gürrüň berýändiklerini eşidýäris» diýdiler. 12 Olaryň ählisi geň galyp, biri-birine: «Nämeler bolup ýör?» diýişdiler. 13 Başgalar bolsa şägirtleriň üstünden gülüp: «Olar süýji şerapdan serhoş bolupdyrlar» diýýärdiler.
14 Petrus bolsa 11 resul+ bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Ýahudanyň we Iýerusalimiň halky, meniň sözlerimi ünsli diňläň. 15 Olara serhoşdyr öýtmäň, sebäbi sagat ýaňy dokuz* bolup gelýär. 16 Aslynda, Ýoweliň aýdan pygamberligi ýerine ýetýär: 17 „Hudaý şeýle diýýär: „Soňky günlerde her bir adamyň üstüne ruhumy dökerin. Ogul-gyzlaryňyz pygamberlik ederler, gojalaryňyz düýşler, ýigitleriňiz görnüşler* görerler+. 18 Gullarymyň-da, gyrnaklarymyň-da üstüne ruhumy dökerin, olar hem pygamberlik ederler+. 19 Men asmanda gudratlary, ýer ýüzünde alamatlary: gan, ot we gara tüsse görkezerin. 20 Ýehowanyň* beýik we täsin güni gelmezinden öň, Gün tümlüge, Aý gara gana döner. 21 Ýehowanyň* adyny çagyran her bir adam halas bolar“+.
22 Eý ysraýyl halky, aýtjak sözlerime gulak asyň. Siz bilýärsiňiz, Hudaý nazaretli Isany iberip, ol arkaly uly işleri etdi, gudrat hem alamat görkezdi+. 23 Siz ony kanuny bozýan adamlaryň eline tabşyryp, pürse çüýläp öldürdiňiz+. Hudaý şeýle boljakdygyny bilýärdi+, şonuň üçin muňa ýol berdi. 24 Emma Hudaý ony direldip+, ölümiň penjesinden* azat etdi, sebäbi ol ölümiň ýesirliginde galmaly däldi+. 25 Dawut pygamber ol hakda: „Hemişe Ýehowa* hakda pikir ederin. Ol meniň sagymda bolsa, asla sarsmaryn. 26 Şonuň üçin ýürekden şatlanaryn, dilim şatlykdan ýaňa saýrar. Men umyt edip ýaşaryn. 27 Sen meni mazarda* galdyrmarsyň, wepaly guluňy mazarda çüýretmersiň+. 28 Maňa ýaşaýyş ýollaryny öwretdiň, huzuryňda ýüregimi şatlykdan doldurdyň“+ diýdi.
29 Doganlar, atamyz Dawut hakda batyrgaý geplemäge rugsat beriň. Ol aradan çykyp, jaýlandy+, mazary henize çenli dur. 30 Dawut pygamberdi, Hudaý oňa ant içip, kasam edendigi üçin, öz neslinden* bir adamyň tagtda oturjagyny bilýärdi+. 31 Ol Mesihiň direljekdigini bilýärdi. Şonuň üçin Mesihiň mazarda* galmajagyny we çüýremejegini öňünden aýtdy+. 32 Hudaý Mesihi direltdi, muňa ählimiz şaýatdyrys+. 33 Ol göge galdy-da, Hudaýyň sagynda oturyp+, Atanyň wada beren mukaddes ruhuny aldy+. Siziň görüp-eşidişiňiz ýaly, ol mukaddes ruhy biziň üstümize inderdi. 34 Dawut göge galmady, ýöne şonda-da şeýle diýdi: „Ýehowa* meniň Halypama: 35 „Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm, sagymda otur“+ diýdi“. 36 Ysraýyl halky, bilip goýuň: pürse çüýlän Isaňyzy+ Hudaý Baştutan+ hem Mesih edip belledi».
37 Şonda diňläp duran adamlaryň ýüregine gylyç sanjylan ýaly boldy. Olar Petrus bilen resullara: «Doganlar, indi biz näme etmeli?» diýişdiler. 38 Petrus: «Günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin+ toba ediň+ we Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň+. Şonda Hudaýyň jomartlyk bilen berýän mukaddes ruhuny alarsyňyz. 39 Ol mukaddes ruhy size, çagalaryňyza, uzakda ýaşaýanlaryň ählisine we Ýehowa* Hudaýymyzyň çagyran adamlaryna berjekdigini wada etdi»+ diýdi. 40 Petrus başga-da köp zatlary gürrüň berip, birkemsiz wagyz etdi. Ol: «Heläk bolmaz ýaly, şu azgyn nesle goşulmaň»+ diýip maslahat berdi. 41 Onuň sözlerini ýürekden kabul eden adamlar suwa çümdürildiler+. Şol gün 3 000-e golaý adam şägirtlere goşuldy+. 42 Olar resullardan bilim alýardylar, biri-biri bilen gatnaşýardylar*, iýip içýärdiler+ we doga edýärdiler+.
43 Resullar köp gudratlary we alamatlary görkezýärdiler+. Olary görenler Hudaýdan gorkup* başladylar. 44 Isanyň şägirdi bolanlaryň hemmesi bilelikde ýygnanyşýardylar we bar zatlaryny biri-biri bilen paýlaşýardylar. 45 Olar melleklerini we zatlaryny satyp+, öz aralarynda mätäçlik çekýänlere paýlaýardylar+. 46 Olar her gün agzybirlikde ybadathanada ýygnanyşýardylar, bir-birleriniň öýüne baryp, uly şatlyk bilen iýip içýärdiler, jomartlyk bilen zatlaryny paýlaşýardylar. 47 Olar Hudaýy şöhratlandyrýardylar, adamlar hem olara hormat goýýardylar. Ýehowa* bolsa her gün halas etjek adamlaryny şägirtleriň arasyna goşýardy+.
3 Bir gün Petrus bilen Ýahýa öýlän üç töweregi* doga edilýän wagty ybadathana gitdi. 2 Şol wagt bir dogabitdi agsak adamy Owadan derwezäniň öňüne getirdiler. Ol her gün ybadathananyň derwezesinde oturyp pul dilärdi. 3 Ol Petrus bilen Ýahýanyň ybadathana girip barýanyny görüp, pul diledi. 4 Petrus bilen Ýahýa onuň gözüne seredip: «Bize seret» diýdi. 5 Agsak adam bir zatlar bererler öýdüp, olara seretdi. 6 Petrus oňa: «Mende kümüş hem ýok, altyn hem ýok. Ýöne bar zadymdan bereýin: nazaretli Isa Mesihiň adyndan saňa diýýärin, ýöre!»+ diýdi. 7 Petrus agsak adamyň sag elinden tutup, ýerinden galdyrdy+. Onuň aýaklary şol bada sagaldy+. 8 Ol böküp turdy-da+, ýöräp başlady. Soňra olar bilen bile ybadathana girip, ýöräp barşyna bökjekläp, Hudaýy şöhratlandyryp barýardy. 9 Hemmeler onuň ýöreýändigini we Hudaýy şöhratlandyrýandygyny gördüler. 10 Adamlar ybadathananyň Owadan derwezesiniň öňünde pul diläp oturýan adamy+ tanap, aňk-taňk boldular.
11 Sagalan adam Petrus bilen Ýahýanyň ýanyndan aýrylmaýardy. Adamlar haýran galyp, olaryň ýanyna ylgaşyp bardylar. Olar Süleýmanyň sütünleri+ diýilýän ýerde durdylar. 12 Şonda Petrus märekä şeýle diýdi: «Eý ysraýyllar, näme üçin haýran galyp seredýärsiňiz? Biz ony öz güýjümiz ýa-da Hudaýa wepaly bolandygymyz üçin sagaldandyrys öýdýäňizmi? 13 Atalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy+ Guly+ Isany+ şöhratlandyrdy. Pilatus ony azat etjek bolsa-da, siz ondan ýüz öwrüp, ölüme tabşyrdyňyz+. 14 Siz ganhor adamy azat etdirip, mukaddes we dogruçyl adamdan ýüz öwürdiňiz+. 15 Siz ýaşaýyş berýän Baş Ýolbaşçyny öldürdiňiz+, Hudaý bolsa ony direltdi, biz muňa şaýatdyrys+. 16 Siziň görüp duran we tanaýan adamyňyzy Isanyň ady bilen sagaltdyk, sebäbi biz onuň adyna iman edýäris. Isa iman edendigimiz üçin, agsak adam hemmeleriň öňünde sag-salamat dur. 17 Doganlar, siz-de, baştutanlaryňyz-da ähli zady düşünmän etdiňiz+. 18 Hudaý Mesihiň görgi görjegi barada aýdan pygamberliklerini ýerine ýetirdi+.
19 Günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin+ toba ediň+, erbet ýoluňyzdan dönüň+. Şonda Ýehowa* ýüregiňize rahatlyk berip*, 20 bellenen Isa Mesihi siziň üçin iberer. 21 Hudaý ähli zady dikeltjekdigini mukaddes pygamberleri arkaly aýdypdy. Şoňa çenli Isa gökde garaşmaly. 22 Musa-da şeýle diýipdi: „Ýehowa* Hudaýyňyz halkyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar+, şol pygamberiň aýdýanlaryna hökman gulak asyň+. 23 Gulak asmadyk adamy Hudaý ýok eder“+. 24 Şamuwel we ondan soňky pygamberleriň ählisi şu günler hakda wagyz edýärdiler+. 25 Siz pygamberleriň ogullary we Hudaýyň ata-babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň mirasdüşerleri+. Hudaý Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli halklary seniň nesliň* arkaly bereket alar“+ diýdi. 26 Hudaý Guluny saýlap, ilki bilen size iberdi+, sebäbi ol siziň her biriňiziň erbet ýoluňyzdan dönüp, bereket almagyňyzy isleýär».
4 Petrus bilen Ýahýa adamlara gürrüň berip durka, ybadathananyň gözegçisi, ruhanylar we saddukeýler+ geldiler. 2 Olar resullaryň halka Hudaýyň sözüni öwredýändigine we Isanyň direlendigi hakda aç-açan gürrüň berýändiklerine gaharlandylar+. 3 Olar Petrus bilen Ýahýany tussag etdiler+, ýöne Gün ýaşyp, garaňky düşendigi üçin, olary ertire çenli sakladylar. 4 Resullary diňlän adamlaryň köpüsi iman etdiler. Iman edenleriň sany 5 000-e golaýdy+.
5 Ertesi gün halkyň baştutanlary, ýaşululary we kanunçylar Iýerusalimde ýygnanyşdylar. 6 Olaryň arasynda uly ruhany Hannan+, baş ruhany Kaýafa+, Ýahýa, Isgender we uly ruhanynyň dogan-garyndaşlary bardy. 7 Olar Petrus bilen Ýahýany orta çykaryp: «Şeýle işleri etmäge size kim ygtyýar berdi? Muny kimiň ady bilen edýärsiňiz?» diýip soradylar. 8 Şonda Petrus mukaddes ruhdan dolup+:
«Eý halkyň baştutanlary we ýaşululary! 9 Siz agsak adama kimiň ýagşylyk edip sagaldandygyny+ bilmek isleýärsiňizmi? 10 Siz we bütin ysraýyl halky, bilip goýuň: agsak adam siziň pürse çüýlän+, ýöne Hudaýyň direlden+ nazaretli+ Isa Mesihiň ady bilen sagalyp, siziň öňüňizde dur. 11 „Ussalar, siziň zyňan daşyňyz esasy daş* boldy“+. 12 Bilip goýuň, adamlary ondan başga hiç kim* halas edip bilmez+. Hudaý diňe ol arkaly halas eder»+ diýdi.
13 Olar Petrus bilen Ýahýanyň batyrgaýlygyny, sadadygyny we bilimsizdigini*+ görüp, geň galdylar. Şonda olar Petrus bilen Ýahýanyň Isanyň ýanynda bolan şägirtlerdigine düşündiler+. 14 Emma ýanlarynda duran sagalan adamy görüp+, hiç zat diýip bilmediler+. 15 Şonda olary Mejlisden* çykaryp, şeýle maslahat etdiler: 16 «Olara näme edeli?+ Dogrudanam, täsin gudrat edipdirler, muny Iýerusalimiň ilaty hem gören bolsa+, asla inkär edip bilmeris. 17 Emma bolan waka ähli ýerlere ýaýramaz ýaly, olary gorkuzyp, Isanyň ady hakda wagyz etmezligi tabşyralyň»+.
18 Soňra olary çagyryp, Isanyň ady hakda hiç ýerde wagyz etmezligi we öwretmezligi tabşyrdylar. 19 Petrus bilen Ýahýa olara: «Oýlanyp görüň, Hudaýa gulak asmak dogrumy ýa-da size? 20 Biz gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris»+ diýdiler. 21 Baştutanlar bilen ýaşulular olara haýbat atyp gorkuzdylar, soňra boşadyp goýberdiler. Sebäbi jeza berer ýaly hiç zat tapmadylar+. Onsoňam, bolan wakany görüp, Hudaýa alkyş aýdýan halkdan gorkdular. 22 Gudrat bilen sagalan adamyň ýaşy 40-dan geçipdi.
23 Petrus bilen Ýahýa boşap, beýleki şägirtleriň ýanyna bardylar. Olar uly ruhanylaryň we ýaşulularyň aýdanlaryny gürrüň berdiler. 24 Şägirtler muny eşidenlerinde, hemmesi bilelikde batly ses bilen Hudaýa şeýle doga etdiler:
«Eý Älemiň Hökümdary, sen ýeri-gögi, deňzi we ondaky ähli zady ýaratdyň+. 25 Sen mukaddes ruhuň arkaly guluň Dawut atamyzyň dili bilen şeýle diýdiň+: „Milletler näme üçin gaharlanýar? Halklar näme üçin biderek zatlar hakda oýlanýar? 26 Ýer ýüzüniň patyşalary baş galdyrýar, hökümdarlary maslahat edip, Ýehowa* we onuň saýlanyna* garşy çykýar“+. 27 Dogrudan-da, Hirodes bilen Pontiýus Pilatus+ başga milletler we ysraýyl halky bilen şu şäherde ýygnanyşyp, seniň bellän mukaddes guluň Isa garşy çykdylar+. 28 Ähli zat öňünden aýdylyşy ýaly, seniň güýjüň bilen, seniň niýetiňe laýyklykda amala aşdy+. 29 Eý Ýehowa*, olaryň haýbat atyşyna seret, bize sözüňi batyrgaý wagyz etmäge kömek et. 30 Adamlary sagaltmak üçin güýç ber, mukaddes guluň Isanyň ady bilen+ alamatlar we gudratlar görkez»+.
31 Şägirtler ýürekden doga edenlerinde, oturan öýleri sarsdy we ählisi mukaddes ruhdan dolup+, Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz edip başladylar+.
32 Iman edenleriň köpüsi bir jan*, bir ten bolup, zatlaryny gysganman başgalar bilen paýlaşýardylar+. 33 Resullar bolsa Halypamyz Isanyň direlişi hakda güýjüni gaýgyrman wagyz edýärdiler+. Alla hem olara köp ýagşylyk* edýärdi. 34 Olaryň hiç biri mätäçlik çekmeýärdi+, sebäbi kimsi mellegini, kimsi öýüni satyp, puluny 35 resullara getirip berýärdiler+. Olar hem pullary her kime geregine görä paýlaýardylar+. 36 Asly kiprli Ýusup atly lewi bardy. Resullar oňa Barnabas+ diýýärdiler («Göwünlik ogly» diýmegi aňladýar). 37 Barnabas hem mellegini satyp, puluny resullara getirip berdi+.
5 Ananýas atly bir adam aýaly Sapfira bilen mülküniň bir bölegini satdylar. 2 Ananýas puluň ujundan bir bölegini gizläp goýdy, mundan aýalynyň hem habary bardy. Galan puly bolsa resullara eltip berdi+. 3 Şonda Petrus: «Ananýas, sen näme üçin Şeýtana aldanyp, mukaddes ruha+ ýalan sözlediň?+ Satan mellegiň puluny näme üçin gizlediň? 4 Mellegiňi satsaňam, satmasaňam seniňki ahyryn. Mellegi satyp, puly islän zadyňa sowup bilerdiň. Sen nädip şeýle erbetligi ýüregiňe düwüp bildiň? Sen adama däl, Hudaýa ýalan sözlediň» diýdi. 5 Ananýas onuň aýdanlaryny eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Muny eşidenleriň ählisi juda gorkdular. 6 Soňra ýigitler ýerinden turup, ony kepene dolap, jaýlamaga alyp gitdiler.
7 Üç sagada golaý wagt geçensoň, Ananýasyň aýaly geldi. Onuň hiç zatdan habary ýokdy. 8 Petrus oňa: «Aýtsana, siz mellegiňizi şunça satdyňyzmy?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa» diýip jogap berdi. 9 Petrus oňa: «Siz Ýehowanyň* ruhuny aldamak üçin dil düwüşdiňizmi? Ynha, äriňi jaýlan adamlaryň aýak sesi eşidilýär, olar seni hem alyp giderler» diýdi. 10 Aýal şol bada Petrusyň öňünde ýykylyp jan berdi. Ýigitler öýe girip görse, ýaňky aýal ölüp ýatyr. Olar aýaly äkidip, äriniň ýanynda jaýladylar. 11 Şonda bolan wakany eşiden adamlar we Iýerusalimdäki şägirtler* juda gorkdular.
12 Resullar adamlara köp alamatlar we gudratlar görkezýärdiler+. Olaryň hemmesi Süleýmanyň sütünleri diýilýän ýerde ýygnanyşýardylar+. 13 Adamlaryň köpüsi şägirtlere goşulmaga gorksa-da, olary öwýärdiler. 14 Halypamyza iman edýän aýal-erkekleriň sany barha artýardy+. 15 Petrus ýöräp barýarka, iň bolmanda, kölegesi syrkawlaryň üstüne düşsün diýip, olary ýorgan-düşegi bilen uly ýollaryň gyrasynda goýýardylar+. 16 Iýerusalimiň daş-töweregindäki şäherlerden ençeme adamlar ýany bilen syrkawlary we jynlardan ejir çekýänleri getirýärdiler. Olaryň ählisi hem sagalýardy.
17 Baş ruhany we saddukeýleriň dini topary gahardan hem göriplikden ýaňa aýaga galdylar. 18 Olar resullary tussag edip, şäherdäki türmä basdylar+. 19 Emma gije Ýehowanyň* perişdesi türmäniň derwezelerini açyp+, olary boşatdy-da: 20 «Baryň, ybadathanada adamlara ebedi ýaşaýyş hakda gürrüň beriň» diýdi. 21 Olar muny eşidenlerinde, ir bilen ybadathana baryp, öwredip başladylar.
Baş ruhany bilen ýanyndaky adamlar Mejlisiň* agzalaryny we ysraýyl halkynyň ýaşulularyny ýygnadylar. Olar türmeden resullary getirtmek üçin adam iberdiler. 22 Emma olar türmä baranlarynda, resullary tapman, yzyna gelip, görenlerini habar berdiler: 23 «Türmä baranymyzda, derwezeleri berk gulplanandy, olaryň agzynda-da garawullar durdy. Ýöne gapyny açyp görsek, içinde hiç kim ýok eken». 24 Muny eşiden ybadathananyň gözegçisi we uly ruhanylar çykgynsyz ýagdaýa düşdüler. Olar munuň näme bilen gutarjakdygyny bilmän aljyradylar. 25 Şol wagt biri gelip: «Türmä basan adamlaryňyz ybadathanada öwredýärler» diýdi. 26 Şonda ybadathananyň gözegçisi we garawullar gidip, olary alyp geldiler. Ýöne olara hiç hili zyýan ýetirmediler, sebäbi adamlar daşlar öýdüp gorkýardylar+.
27 Resullary Mejlisiň öňüne getirenlerinde, baş ruhany olary sorag edip: 28 «Şol adamyň ady bilen öwretmäň diýipdik+. Siz bolsa taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Onuň ganyny hem biziň boýnumyza atjak bolýarsyňyz»+ diýdi. 29 Petrus we beýleki resullar: «Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly+. 30 Ata-babalarymyzyň Hudaýy siziň pürse çüýläp öldüren Isaňyzy direltdi+. 31 Hudaý ony Baş Ýolbaşçy+ we Halasgär+ hökmünde beýgeldip, sagynda oturtdy+, sebäbi Hudaý ysraýyl halkynyň toba edip, günäleriniň bagyşlanmagyny isleýär+. 32 Muňa bizem, Hökümdar Hudaýyň berýän mukaddes ruhy+ hem şaýatdyr»+ diýdiler.
33 Olar muny eşidende, gahar-gazaba münüp, resullary öldürjek boldular. 34 Mejlisde il arasynda abraýly we Töwrady öwredýän Gamaliýel+ atly fariseý otyrdy. Ol ýerinden turup, resullary az wagtlyk daşaryk çykartdy. 35 Soňra oturanlara: «Eý ysraýyllar, oýlanman karara gelip, olary öldüräýmäň. 36 Meselem, birnäçe wagt mundan öň özüni hondanbärsi tutýan Tewdas atly biri bardy. Tewdasa 400-e golaý adam goşuldy. Emma ony öldürenlerinde, topary dargap gitdi. 37 Ondan soňra ilat ýazuwy döwri Ýahuda atly jelileli peýda boldy, ony hem goldan adamlar boldy. Ýöne Ýahuda ölende, adamlary dargap gitdi. 38 Meniň berjek maslahatymy diňläň. Şu adamlara degmäň, öz gününe goýuň. Olaryň öwredýän zatlary we edýän işleri ynsanyňky bolsa, öz-özünden ýitip gider. 39 Eger Hudaýdan bolsa, olary ýok edip bilmersiňiz+, gaýtam Hudaýyň duşmany bolaýmaň»+ diýdi. 40 Olar Gamaliýeliň maslahatyny kabul etdiler. Soňra resullary çagyryp, gamçylap urdular+ we Isanyň ady hakda wagyz etmezligi tabşyryp, boşadyp goýberdiler.
41 Şägirtler Isanyň ady üçin masgara bolandyklaryna begenip+, Mejlisden çykyp gaýtdylar. 42 Olar her gün ybadathana baryp we öýden-öýe aýlanyp+, adamlara öwredýärdiler, Isa Mesih hakda hoş habary wagyz edýärdiler+.
6 Şol günler şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Grekçe gepleýän ýehudylar ýewreýçe gepleýän ýehudylardan nägile bolup başladylar. Sebäbi günde azyk paýlananda, grekçe gepleýän dul aýallaryň aladasy edilmeýärdi+. 2 Şonda 12 resul ähli şägirtleri ýanlaryna çagyryp: «Biz Hudaýyň sözüni öwretmegi goýup, azyk paýlap ýörsek, dogry bolmaz ahyry+. 3 Doganlar, şonuň üçin öz araňyzdan paýhasly we mukaddes ruhdan doly+ ýedi sany göreldeli adamy+ saýlaň. Azyk paýlamak işini olara tabşyryň+. 4 Biz bolsa bar güýjümizi we wagtymyzy doga-dileg etmäge, Hudaýyň sözüni öwretmäge bereliň» diýdi. 5 Şägirtler olaryň gelen karary bilen ylalaşdylar. Şeýlelikde, olar imany güýçli, mukaddes ruhdan doly Stefanusy, Filipusy+, Prohorusy, Nikanory, Timony, Parminasy we ýehudy dinine geçen antakyýaly Nikolawusy saýladylar. 6 Doganlary resullaryň ýanyna getirdiler. Resullar hem doga edip, olaryň üstüne ellerini goýup bellediler+.
7 Şeýlelikde, Hudaýyň sözi köp ýerlere wagyz edilýärdi+, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha artýardy+. Hatda köp ruhanylar hem iman etdiler+.
8 Hudaýyň kömegi* we güýji bilen Stefanus halkyň içinde köp alamat hem gudrat görkezýärdi. 9 Emma Azatlar sinagogasynyň käbir agzalary, käbir kirenalylar, aleksandriýalylar we Kilikiýa bilen Aziýadan gelen adamlar Stefanus bilen jedelleşip başladylar. 10 Ýöne olar Stefanusyň paýhasyna we mukaddes ruhuň güýji bilen aýdýan sözlerine garşy çykyp bilmediler+. 11 Olar adamlary yryp, şeýle diýdirdiler: «Ol Hudaýa we Musa pygambere dil ýetirýär». 12 Olar halky, ýaşululary we kanunçylary öjükdirdiler. Olar hem Stefanusy tutup, Mejlise* getirdiler. 13 Olar ýalan şaýatlary çagyryp, şeýle diýdirdiler: «Ol ybadathana we Töwrada dil ýetirýär. 14 Ol nazaretli Isanyň ybadathanany ýykjakdygyny we Musanyň beren tabşyryklaryny üýtgetjekdigini aýtdy. Aýdan sözlerini gulagymyz bilen eşitdik».
15 Mejlisde oturanlar seretseler, Stefanusyň ýüzi perişdäniň ýüzi ýalydy.
7 Baş ruhany bolsa: «Olaryň aýdýany dogrumy?» diýip sorady. 2 Stefanus şeýle jogap berdi: «Doganlar, atalar, gulak asyň! Atamyz Ybraýym Harana gitmänkä+, heniz Mesopotamiýada ýaşaýarka, oňa Hudaýyň şöhraty göründi. 3 Hudaý oňa: „Watanyňy, dogan-garyndaşlaryňy goýup, meniň görkezjek ýurduma git“+ diýdi. 4 Ybraýym haldeýleriň ýurdundan gaýdyp, Haranda ýaşap başlady. Ýöne kakasy aradan çykansoň+, Hudaý häzirki ýaşaýan ýurduňyza göçmegi tabşyrypdy+. 5 Hudaý oňa şu ýurtdan bir garyş ýer hem miras bermedi. Ybraýymyň çagasy bolmasa-da, Hudaý ýurdy onuň nesline berjekdigini wada etdi+. 6 Şeýle-de Hudaý onuň nesliniň ýat ýurtda gelmişek boljakdygyny we halklaryň olary 400 ýyllap gul edip ezjekdigini aýtdy+. 7 Hudaý: „Olary gul eden halka jeza bererin+. Olar ýat ýurtdan gaýdyp, maňa şu ýerde sežde ederler“+ diýdi.
8 Şeýlelikde, Hudaý Ybraýym bilen sünnetlenmek babatda äht baglaşdy+. Ybraýym ogly Yshagy+ sekiz günlükkä sünnetledi+. Yshak Ýakubyň atasydy*, Ýakup hem 12 taýpanyň atasydy. 9 Ata-babalarymyz Ýusuba göriplik edip+, ony Müsüre satdylar+. Emma Hudaý Ýusuby goldaýardy+. 10 Hudaý ony ähli bela-beterlerden gorady, akyl-paýhas berip, Müsür patyşasynyň hormatyny gazanmaga kömek etdi. Faraon Ýusuby Müsüre we köşgüne häkim edip belledi+. 11 Soňra Müsüre we Kengana açlyk düşdi. Şeýle bir kyn döwür boldy welin, ata-babalarymyz iýere zat tapmadylar+. 12 Ýakup Müsür ýurdunda azygyň boldugyny eşidip, ogullaryny iberdi+. 13 Olar ikinji gezek Müsüre gelende, Ýusup özüni tanatdy. Faraon hem Ýusubyň maşgalasy hakda eşitdi+. 14 Şeýlelikde, Ýusup kakasy Ýakuby we dogan-garyndaşlaryny çagyrdy+. Olar 75 adamdy+. 15 Ýakup Müsüre gelip ýaşady+, şol ýurtda-da aradan çykdy+. Ata-babalarymyz hem Müsürde aradan çykdylar+. 16 Olary Şekemdäki mazarda jaýladylar. Ybraýym şol mellegi Hamor ogullaryndan kümüş pula satyn alypdy+.
17 Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň ýerine ýetmeli wagty ýetip gelýärdi. Ýakubyň nesli Müsürde günsaýyn köpelýärdi. 18 Şol döwür Müsürde Ýusuby tanamaýan adam patyşa boldy+. 19 Ol mekirlik bilen halky gyrmak üçin, ata-babalarymyzy bäbeklerinden geçmäge mejbur etdi+. 20 Şol wagtlar Musa doguldy, ol enaýyjady*, üç aýlap ene-atasynyň ýanynda boldy+. 21 Emma ene-atasy oglundan geçmeli boldy+, ýöne faraonyň gyzy ony alyp, ogly ýaly terbiýeledi+. 22 Musa müsürlileriň iň gowy bilimini aldy. Ol akylly-paýhasly we başarjaň adamdy+.
23 Musa 40 ýaşyna ýetende, doganlaryny, Ysraýyl ogullaryny görmegi ýüregine düwdi+. 24 Bir gezek Musa müsürliniň Ysraýyl ogluna sebäpsiz ýere azar berýändigini gördi. Şonda ol doganynyň aryny alyp berjek bolup müsürlini öldürdi. 25 Musa: „Hudaý men arkaly ysraýyllary halas edýär. Doganlarym hem muňa düşüner“ diýip pikir etdi, ýöne olar düşünmediler. 26 Ertesi gün Musa seretse, ysraýyllardan iki adam urşup dur. Musa olary ýaraşdyrjak bolup: „Näme üçin uruşýarsyňyz? Siz dogan ahyryn“ diýdi. 27 Doganyny urup duran adam Musany itip: „Kim seni hökümdar ýa-da kazy edip belledi? 28 Düýn müsürlini öldürişiň ýaly, menem öldürjek bolýaňmy?“ diýdi. 29 Musa muny eşidip, Müsürden gaçyp gitdi-de, Midýan ýurdunda ýaşady. Soňra ol öýlendi, onuň iki ogly boldy+.
30 Şondan 40 ýyl geçende, Sinaý dagynyň golaýyndaky çölde ýanyp duran ýandakdan bir perişde göründi+. 31 Musa perişdäni görüp haýran galdy. Ol ýanyp duran ýandagy görmek üçin golaýlaşanda, Ýehowanyň* sesi eşidildi: 32 „Men seniň ata-babalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“+. Musa gorkudan ýaňa titräp, ýandagyň golaýyna baryp bilmedi. 33 Ýehowa* oňa: „Aýagyňdaky çarygy çykar, duran ýeriň mukaddesdir. 34 Halkymyň Müsürde çekýän jebir-jepasyny gördüm, ahy-nalasyny eşitdim+, olary halas etmek üçin geldim. Seni Müsüre iberýärin“ diýdi. 35 Ysraýyllar Musa: „Kim seni hökümdar ýa-da kazy edip belledi?“+ diýdiler. Ýöne Hudaý ýandagyň içinden perişde arkaly gepleşip, halkyny halas etmek üçin ony ýolbaşçy edip belläpdi+. 36 Musa Müsürde+, Gyzyl deňizde+ we çölde 40 ýyllap köp gudrat hem alamat görkezip+, olara ýolbaşçylyk etdi+.
37 Musa ysraýyl halkyna: „Hudaýyňyz halkyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar“+ diýipdi. 38 Ol ysraýyl halky bilen çölde boldy, Sinaý dagynda perişde bilen gepleşip+, Hudaýyň mukaddes we diri sözlerini ata-babalarymyza ýetirdi+. 39 Ata-babalarymyz gulak asman, ondan ýüz öwürdiler+ we Müsüre dolanmagy arzuw etdiler+. 40 Olar Haruna: „Bize ýol görkezer ýaly taňry ýasa. Müsürden çykaran Musa diýen adama näme bolandygyny bilemizok“+ diýdiler. 41 Olar göle ýasap, gurbanlyk berdiler. Öz elleri bilen ýasan zadyna guwanyp, şatlyk-şagalaň etdiler+. 42 Hudaý bolsa halkdan ýüz öwrüp, olara Güne, Aýa we ýyldyzlara sežde etmäge ýol berdi+. Olar hakda Pygamberler kitabynda: „Eý Ysraýyl öýi, çölde 40 ýyllap gurbanlyklary we sadakalary maňa berdiňizmi? 43 Ýok! Siz Molohyň çadyryny+, Repan taňrysynyň ýyldyzyny ýasap, sežde etmek üçin olary ýanyňyzdan aýyrmaýardyňyz. Şonuň üçin sizi Wawilondan hem uzaga sürgün ederin“+ diýilýär.
44 Çölde Hudaýyň ata-babalarymyzy goldaýandygyny görkezýän çadyr bardy. Hudaý şol çadyry Musa görkezen nusgasyna görä ýasamagy tabşyrypdy+. 45 Ata-babalarymyz çadyry Ýuşa bilen başga halklaryň ýurduna getirdiler+. Hudaý ata-babalarymyzyň hatyrasyna ýurduň halkyny kowup çykardy+. Çadyr Dawudyň günlerine çenli şol ýerde durdy. 46 Dawut Hudaýy razy edip, Ýakubyň Hudaýy üçin öý gurmaga rugsat sorady+. 47 Emma Hudaý üçin öýi Süleýman gurdy+. 48 Pygamberiň aýdyşy ýaly, Allatagala ynsan eli bilen ýasalan öýde ýaşamaýar+. Ol şeýle diýdi: 49 „Ýehowa* aýdýar: Gök meniň tagtym+, ýer basgançagym+. Maňa nähili jaý saljak bolýarsyňyz? Öýüm nirede bolar? 50 Ähli zady elim bilen ýasamadymmy näme?“+
51 Eý özdiýenli halk, siziň gulagyňyz ker bolupdyr, ýüregiňiz gatapdyr*. Siz ata-babalaryňyz ýaly hemişe mukaddes ruha garşy çykýarsyňyz+. 52 Ata-babalaryňyzyň azar bermedik pygamberi barmy?+ Olar dogruçyl adamyň geljekdigi hakda aýdan pygamberleri öldürdiler+. Siz bolsa dogruçyl adama dönüklik etdiňiz, ony öldürdiňiz+. 53 Hudaý size perişdeleri arkaly Töwrat kitabyny berdi+, emma siz oňa eýermediňiz».
54 Stefanusy diňläp duran adamlar gahar-gazaba münüp, dişlerini gyjap başladylar. 55 Stefanus mukaddes ruhdan dolup, göge seredende, şöhratly Hudaýy we sagynda duran Isany gördi+. 56 Şonda Stefanus: «Gögüň açylandygyny, Ynsan oglunyň+ Hudaýyň sagynda durandygyny görýärin»+ diýdi. 57 Olar bolsa gygyryşyp, elleri bilen gulaklaryny ýapdylar-da, Stefanusyň üstüne topuldylar. 58 Soňra ony şäheriň daşyna çykaryp daşladylar+. Ýalan şaýatlyk edenler+ donlaryny çykaryp, Sawul atly ýigidiň ýanynda goýdular+. 59 Olar daşlap durka, Stefanus: «Halypam, Isa! Ruhumy kabul et» diýdi. 60 Stefanus dyza çöküp, batly ses bilen: «Ýehowa*, olara günäsi üçin jeza berme»+ diýip jan berdi*.
8 Stefanusyň öldürilmegini Sawul hem makullady+.
Şol gün Iýerusalimdäki ýygnagy güýçli yzarlap başladylar. Resullardan başga şägirtler Ýahuda we Samariýa gitdiler+. 2 Hudaýhon adamlar Stefanusy jaýlap ýas tutdular. 3 Sawul bolsa ýygnagy yzarlap, azar berip başlady. Ol öýden-öýe baryp, aýal-erkekleri öýlerinden süýräp çykarýardy, olary türmä basýardy+.
4 Çar tarapa dargan şägirtler nirä barsalar-da, Hudaýyň hoş habaryny wagyz edýärdiler+. 5 Filipus Samariýa şäherine* baryp+, Mesih barada wagyz edip başlady. 6 Märeke Filipusy ünsli diňläp, görkezýän gudratlaryna seredýärdi. 7 Ol ýerde köp jynly adamlar hem bardy. Jynlar adamlardan gygyryp çykýardylar+. Şeýle-de ençeme ysmaz we maýyp adamlar sagalýardy. 8 Şäherde uly şatlyk-şowhun boldy.
9 Şäherde Simun atly jadygöý bardy. Ol Samariýanyň halkyny haýran galdyryp, özüni meşhur adam saýýardy. 10 Uludan-kiçä hemmeler oňa seredip: «Onda Beýik Hudaýyň güýji bar» diýişýärdiler. 11 Simun birnäçe wagtdan bäri jadygöýligi bilen adamlary haýran galdyrýardy, şonuň üçin hemmeler ony ünsli diňleýärdiler. 12 Emma Filipus Hudaýyň Patyşalygy hakda hoş habary gürrüň berende+ we Isa Mesihiň ady hakda wagyz edende, adamlar iman etdiler. Şonda aýallar hem erkekler suwa çümdürildiler+. 13 Simun hem Isanyň şägirdi boldy. Ol suwa çümdürildi we Filipusyň+ ýanyndan aýrylmady. Ol Filipusyň görkezýän alamatlaryna we gudratly işlerine haýran galýardy.
14 Iýerusalimdäki resullar Samariýanyň halkynyň Hudaýyň sözüni kabul edendigini eşidip+, Petrus bilen Ýahýany ugratdylar. 15 Resullar baryp, olaryň üstüne mukaddes ruhuň inmegi üçin doga etdiler+. 16 Olar Halypamyz Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler, ýöne mukaddes ruh olara inmändi+. 17 Resullar olaryň üstüne ellerini goýdular welin+, mukaddes ruh inip başlady.
18 Resullar arkaly mukaddes ruhuň inýändigini gören Simun olara pul uzadyp: 19 «Adamlaryň üstüne elimi goýanymda, mukaddes ruh iner ýaly, maňa-da güýç beriň» diýdi. 20 Petrus bolsa: «Puluň başyňa ýetsin! Sen Hudaýyň mugt berýän zadyny pula satyn aljak bolýaňmy?+ 21 Hudaýyň öňünde ýaman niýetli bolanyň üçin, biziň bilen gulluk etmäge mynasyp dälsiň. 22 Ýehowa* ýalbaryp, toba et-de, ýaman niýetiňden dän. Belki, ol ýüregiňdäki ýaman niýetiňi bagyşlar. 23 Ýüregiň ajy zäherden doly, sen erbet adam ekeniň» diýdi. 24 Simun: «Meniň üçin Ýehowa* ýalbaryp doga ediň. Aýdan zatlaryňyzyň hiç biri başyma inmesin» diýdi.
25 Petrus bilen Ýahýa Ýehowanyň* sözüni bütin şäherde birkemsiz wagyz edenlerinden soňra, Iýerusalime gaýtdylar. Olar ýolboýy Samariýanyň obalarynda hem hoş habary wagyz etdiler+.
26 Ýehowanyň* perişdesi+ Filipusa: «Bar, günorta tarapa, Iýerusalimden Gaza barýan ýola düş» diýdi. (Ýol çölüň içinden geçýärdi). 27 Ol hem ýola düşdi. Ýolda barýarka, Efiopiýanyň aýal patyşasynyň* hazynasyna seredýän wezire* duşdy. Ol Iýerusalime Hudaýa sežde etmek üçin gelipdi+, 28 indi bolsa öýüne gaýdyp barýardy. Ol arabada Işaýa pygamberiň kitabyny sesli okap otyrdy. 29 Mukaddes ruh Filipusa: «Bar, arabanyň yzyndan ýet» diýdi. 30 Filipus arabanyň ýanynda ylgap barýarka, weziriň Işaýa pygamberiň kitabyny sesli okaýandygyny eşidip: «Okaýan zatlaryňa düşünýäňmi?» diýip sorady. 31 Ol: «Biri düşündirmese, nädip düşüneýin?» diýdi. Ol Filipusdan araba münüp, ýanynda oturmagy haýyş etdi. 32 Efiopiýaly wezir mukaddes kitaplardan şu ýerini okap otyrdy: «Ol soýuljak goýun deý alyp gidildi. Gyrkymçynyň öňünde sessiz ýatan goýun deý, agzyny hem açmady+. 33 Ony kemsidip, adalatsyzlyk bilen alyp gitdiler+. Onuň asly hakda kim gürrüň berer? Sebäbi onuň jany ýer ýüzünden alyndy»+.
34 Wezir Filipusa: «Pygamber kim hakda aýdýar? Özi hakdamy ýa başga biri hakda? Düşündirip beräý» diýdi. 35 Filipus weziriň okap oturan ýerini düşündirip başlady, soňra Isa hakda hoş habary gürrüň berdi. 36 Olar ýolda barýarkalar, bir suwly ýere geldiler. Şonda wezir: «Ine suw! Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?» diýdi. 37 *—— 38 Wezir arabany saklatdy. Olar arabadan düşüp, suwa girdiler, Filipus hem ony suwa çümdürdi. 39 Olar suwdan çykanda, birdenkä Ýehowanyň* ruhy Filipusy alyp gitdi. Şondan soň wezir ony görmedi. Ol begenip ýoluny dowam etdi. 40 Filipus bolsa Aşdot şäherine bardy we Kaýsariýa ýetýänçä, ähli şäherlerde hoş habary wagyz etdi+.
9 Sawul bolsa gahar-gazaba münüp, Halypamyzyň şägirtlerini öldürmegiň küýüne düşüpdi+. Sawul baş ruhanynyň ýanyna baryp, 2 ondan Damask şäherindäki sinagogalara* hat ýazyp bermegi haýyş etdi. Hat şu ýoldan ýöreýän ähli aýal-erkekleri tussag edip+, Iýerusalime getirmäge rugsat berýärdi.
3 Sawul Damask şäherine golaýlanda, birdenkä gökden ýagtylyk inip, daş-töweregini gurşady+. 4 Ol ýere ýykylyp: «Sawul, Sawul! Meni näme üçin yzarlaýaň?» diýen ses eşitdi. 5 Sawul: «Agam, sen kim?» diýip sorady. Ol: «Seniň yzarlaýan Isaň+. 6 Ýeriňden tur, şähere git. Saňa näme etmelidigini aýdarlar» diýdi. 7 Sawulyň ýanyndaky adamlar doňup galdylar, sebäbi sesi eşitseler-de, hiç kimi görmeýärdiler+. 8 Sawul ýerinden turdy, gözleri açyk bolsa-da, hiç zat görmeýärdi. Onuň elinden tutup, Damasga getirdiler. 9 Ol üç günläp hiç zat görmedi+, hiç zat iýip içmedi.
10 Damaskda Isanyň Ananýas+ diýen şägirdi ýaşaýardy. Halypamyz görnüş* arkaly oňa: «Ananýas!» diýdi. Ol hem: «Halypam, diňleýän!» diýdi. 11 Halypamyz: «Tur, Dogry diýilýän köçä bar. Şol köçede Ýahudanyň öýünde Tarsus şäherinden gelen Sawul atly adam bar+. Ol häzir doga edip otyr. 12 Sawul görnüşde Ananýas atly adamyň elini üstüne goýup, gözüni açjakdygyny gördi»+ diýdi. 13 Ananýas: «Halypam, ol hakda köp zatlary eşitdim. Ol Iýerusalimdäki mukaddes gullaryňa köp azar berdi. 14 Ol seniň adyňy çagyrýanlaryň ählisini tussag etmek üçin uly ruhanylardan rugsat alyp gelipdir»+ diýdi. 15 Halypamyz: «Bar, ol meniň saýlan gulum*+. Ol başga halklara+, patyşalara+ we Ysraýyl ogullaryna men hakda wagyz eder. 16 Ol meniň adym sebäpli köp görgüler görer»+ diýdi.
17 Ananýas baryp öýe girdi-de, Sawulyň üstüne elini goýup: «Sawul, doganym, meni ýolda gören Halypaň Isa iberdi. Ol seniň gözüň açylyp, mukaddes ruhy almagyňy isleýär»+ diýdi. 18 Şol bada Sawulyň gözünden perde aýrylan* ýaly boldy, ol görüp başlady. Sawul ýerinden turup, suwa çümdürildi. 19 Ol iýip içenden soň, güýç toplap özüne geldi.
Sawul birnäçe gün Damaskdaky şägirtleriň ýanynda boldy+. 20 Ol derrew sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz edip başlady. 21 Sawulyň aýdanlaryny diňleýänler geň galyp: «Ol Iýerusalimde Isanyň adyny çagyrýanlary yzarlan adam dälmi?+ Indi bolsa olary tussag edip, uly ruhanylaryň ýanyna äkitmek üçin gelmedimi näme?» diýişýärdiler+. 22 Sawul bolsa has-da yhlasly we ökdelik bilen wagyz edýärdi. Ol Isanyň Mesihdigini subut edip+, Damaskdaky ýehudylary haýran galdyrýardy.
23 Ençeme gün geçenden soň, ýehudylar ony öldürmek üçin dil düwüşdiler+. 24 Emma Sawul olaryň dil düwşendigini bildi. Olar Sawuly öldürjek bolup, gije-gündiz şäheriň derwezelerini garawullaýardylar. 25 Garaňky düşende bolsa şägirtler Sawuly sebede salyp, şäheriň diwarynyň penjiresinden aşak düşürdiler+.
26 Sawul Iýerusalime gelip+, şägirtlere goşuljak boldy. Emma şägirtler ondan gorkdular, sebäbi Sawulyň şägirt bolandygyna ynanmadylar. 27 Şonda Barnabas+ Sawula kömek edip, resullaryň ýanyna getirdi. Ol Sawulyň ýolda Halypamyzy görendigini+, onuň bilen gepleşendigini we Damaskda Isanyň ady hakda batyrgaý wagyz edendigini gürrüň berdi+. 28 Şeýdip, Sawul resullaryň ýanynda galdy we Iýerusalimde arkaýyn Halypamyzyň ady hakda batyrgaý wagyz edýärdi. 29 Ol grekçe gepleýän ýehudylar bilen gürrüňdeş bolup çekeleşýärdi. Olar Sawuly öldürjek boldular+. 30 Doganlar bolsa muny bilip, Sawuly Kaýsariýa eltdiler, soňra Tarsusa ugratdylar+.
31 Ýahudada, Jelilede we Samariýada+ ýygnaklara asudalyk aralaşdy hem-de şägirtleriň sany gün-günden artýardy. Olar Ýehowadan* gorkup, onuň ýolundan ýöreýärdiler we mukaddes ruhuň güýji bilen teselli tapýardylar+.
32 Petrus ähli ýerlere aýlanyp çykdy, soňra Liddada ýaşaýan şägirtleriň* ýanyna geldi+. 33 Petrus sekiz ýyl bäri ysmaz ýatan Aneýas atly adama duşdy. 34 Petrus: «Aneýas, seni Isa Mesih sagaldýar+. Ýeriňden tur, ýorgan-düşegiňi ýygna»+ diýdi. Ol şol bada ýerinden turdy. 35 Liddanyň we Şaronyň ilaty muny görüp, Halypamyza iman etdiler.
36 Ýafada Tawita atly uýa* bardy. Ady Dorka* diýip terjime edilýär. Ol köp ýagşylyk edýärdi, garyplary-da goldaýardy. 37 Petrus Liddadaka, Dorka keselläp, aradan çykdy. Şägirtler jesedi ýuwup, ýokarky otagda goýdular. 38 Lidda Ýafanyň golaýynda ýerleşýär. Şägirtler Petrusyň Liddadadygyny eşidip, ýanyna iki adamy ugratdylar-da: «Haýyş, tizräk gel!» diýip habar ýolladylar. 39 Petrus hem ýerinden turup, olar bilen ýola düşdi. Dorkanyň öýüne gelende, şägirtler ony ýokarky otaga eltdiler. Dul aýallar Petrusyň ýanyna gelip aglaşyp, Dorkanyň tikip beren köýneklerini we donlaryny görkezdiler. 40 Şonda Petrus hemmeleri daşaryk çykaryp+, dyza çöküp doga etdi. Soňra jesede seredip: «Tawita, ýeriňden tur!» diýdi. Aýalyň gözleri açyldy. Ol Petrusy görüp, ýerinden galyp oturdy+. 41 Petrus elini uzadyp, ony ýerinden turuzdy. Soňra şägirtleri* we dul aýallary çagyryp, Tawitany olara görkezdi+. 42 Bolan wakany bütin Ýafa eşitdi, şonda köp adamlar Halypamyza iman etdiler+. 43 Petrus bolsa birnäçe günläp Ýafada Simun atly deri ussasynyň öýünde boldy+.
10 Kaýsariýada Korneliý atly adam bardy. Ol Italiýanyň goşunynyň* ýüzbaşysydy. 2 Korneliý bilen tutuş maşgalasy hudaýhon adamlardy. Ol garyplara kömek edip, elmydama Hudaýa doga-dileg ederdi. 3 Bir gezek ol öýlän sagat üçlerde*+ görnüş* arkaly Hudaýyň perişdesini gördi. Perişde: «Korneliý!» diýip ýüzlendi. 4 Korneliý gorkudan ýaňa titräp: «Diňleýän, agam!» diýip jogap berdi. Perişde: «Hudaý seniň dilegiňi eşitdi, garyplara kömek edýändigiňi gördi+. 5 Indi bolsa Ýafa adam ugradyp, Petrus diýilýän Simuny çagyr. 6 Ony deňziň golaýynda ýaşaýan Simun atly deri ussasy myhman aldy» diýdi. 7 Perişde gidenden soň, Korneliý iki hyzmatkäri bilen hudaýhon esgerini ýanyna çagyryp, 8 bolan wakany gürrüň berdi, soňra olary Ýafa ugratdy.
9 Ertesi gün olar günortan on iki* töweregi şähere golaýlap gelýärdiler. Şol wagt Petrus doga etmek üçin jaýyň üçegine çykdy. 10 Ol gaty ajykdy, nahar iýesi geldi. Nahar bişirip ýörkäler, Petrus görnüş gördi+. 11 Ol görnüşde gögüň açylyp, uly saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan tutulyp ýere sallanyp gelýänini gördi. 12 Saçakda her dürli haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bardy. 13 Perişde: «Petrus, tur, olary soýup iý!» diýdi. 14 Petrus: «Ýok, agam! Hapa we haram zatlary ömrümde iýen däldirin»+ diýdi. 15 Perişde ikinji gezek: «Hudaýyň halal hasaplaýan zatlaryna haram diýme» diýdi. 16 Perişde üçünji gezek hem şol sözleri aýtdy, soňra saçak derrew göge galdy.
17 Petrus gören görnüşine geň galyp, manysy hakda oýlanyp durdy. Şonda Korneliýiň iberen adamlary Simunyň öýüni tapyp, gapysynyň agzyna geldiler+. 18 Olar öý eýesini çagyryp, Petrus diýilýän Simuny soradylar. 19 Petrus henizem gören görnüşi hakda oýlanyp otyrka, mukaddes ruh+: «Seni üç adam sorap geldi. 20 Aşak düşüp, olar bilen git. Olara ynanmazçylyk etme, sebäbi olary men ugratdym» diýdi. 21 Petrus aşak düşüp: «Men siziň gözleýän adamyňyz. Näme üçin geldiňiz?» diýdi. 22 Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý+ ugratdy. Ol dogruçyl, hudaýhon, ýehudy halkynyň arasynda abraýly adam. Hudaýyň mukaddes perişdesi seni öýüne çagyryp, diňlemegi tabşyrypdyr» diýdiler. 23 Petrus olary öýe çagyryp, myhman aldy.
Ertesi gün Petrus olar bilen ýola düşdi. Ýafada ýaşaýan doganlaryň käbiri hem onuň bilen gitdiler. 24 Ertesi ol Kaýsariýa geldi. Korneliý dogan-garyndaşlaryny we dost-ýarlaryny öýüne çagyryp, Petrusa garaşyp otyrdy. 25 Petrus öýe gelende, Korneliý ony garşy aldy, dyza çöküp, tagzym etdi. 26 Petrus ony ýerinden galdyryp: «Tur, menem seniň ýaly adam ahyry»+ diýdi. 27 Petrus saglyk-amanlyk soraşyp, öýe girip görse, birgiden adam oturan eken. 28 Petrus olara: «Bilýän bolsaňyz, ýehudylara başga milletli adam bilen gatnaşmak bolmaýar+. Emma Hudaý maňa hiç bir adamy haram hasaplamaly däldigini aýtdy+. 29 Şonuň üçin siziň öýüňize ýaýdanman geldim. Siz meni näme üçin çagyrdyňyz?» diýdi.
30 Korneliý şeýle diýdi: «Dört gün mundan öň, edil şu wagt öýlän sagat üçlerde* dileg edip durkam, birdenkä öňümde eşigi nur saçyp duran adam peýda boldy. 31 Ol maňa: „Korneliý, Hudaý dilegiňi eşitdi, garyplara kömek edýändigiňi gördi. 32 Indi bolsa Ýafa adam ugradyp, Petrus diýilýän Simuny çagyr. Ony deňziň golaýynda ýaşaýan Simun atly deri ussasy myhman aldy“+ diýdi. 33 Men derrew seniň ýanyňa adam ugratdym. Biz geleniňe begendik. Biziň hemmämiz Hudaýyň öňünde durup, Ýehowanyň* sen arkaly aýtjak zatlaryny diňlemäge taýyn».
34 Petrus gürrüňe başlady: «Dogrudan-da, Hudaý hiç kimi ala tutmaýan eken+. 35 Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr+. 36 Hudaý ähli adamlaryň Halypasy Isa Mesih+ arkaly ysraýyl ogullaryna parahatlygyň hoş habaryny yglan etdi+. 37 Ýahýa suwa çümdürmek barada wagyz edenden soň, Jelilede+ we bütin Ýahudada şeýle gep-gürrüňleriň ýaýrandygyny bilýänsiňiz: 38 Hudaý mukaddes ruhy arkaly nazaretli Isany saýlap+, oňa güýç berdi. Isa ähli ýerlere aýlanyp, ýagşy işleri etdi, Iblisden ejir çekýän adamlary sagaltdy+, sebäbi Hudaý ony goldaýardy+. 39 Biz Isanyň ýehudylaryň ýurdunda we Iýerusalimde eden işlerini gözümiz bilen gördük. Emma olar Isany pürse çüýläp öldürdiler. 40 Hudaý Isany üçünji güni direldip+, adamlara ony görmäge mümkinçilik berdi. 41 Hudaýyň aýdyşy ýaly, onuň direlendigini hemmeler görmedi, diňe biz, onuň bilen bir saçakdan iýip-içenler gördi+. 42 Hudaý Isany dirileri we ölüleri höküm etmäge belledi+. Şol hakda wagyz etmegi we birkemsiz şaýatlyk etmegi Isanyň özi tabşyrdy+. 43 Ähli pygamberler hem ol hakda şaýatlyk edipdiler+. Olar Mesihe iman eden adamlaryň onuň ady bilen günäsiniň geçiljekdigini aýdypdylar»+.
44 Petrus gepläp durka, diňläp oturanlaryň ählisine mukaddes ruh indi+. 45 Petrusyň ýanyndaky sünnetlenen şägirtler mukaddes ruhuň başga milletleriň üstüne inýändigini görüp, haýran galdylar. 46 Sebäbi olaryň başga dillerde gepläp, Hudaýa alkyş aýdýandyklaryny eşitdiler+. Petrus: 47 «Olar hem biz ýaly mukaddes ruhy aldylar. Olara suwa çümdürilmäge kim garşy çykyp biler?»+ diýdi. 48 Soňra Petrus olara Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdürilmelidigini aýtdy+. Olar Petrusdan birnäçe gün myhmançylykda galmagy haýyş etdiler.
11 Ýahudadaky resullar we doganlar başga milletleriň hem Hudaýyň sözüni kabul edendigini eşitdiler. 2 Petrus Iýerusalime gelende, sünnetlenmegi goldaýanlar+ nägile bolup: 3 «Sen sünnetsiz adamlaryň öýüne baryp, olar bilen iýip içipsiň» diýdiler. 4 Petrus olara bolan wakany jikme-jik gürrüň berdi:
5 «Men Ýafa şäherinde doga-dileg edip durkam, görnüşde* gögüň açylyp, saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan tutulyp ýere sallanyp gelýänini gördüm+. 6 Saçakda her dürli jandarlar, ýyrtyjy haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bardy. 7 Perişde maňa: „Petrus, tur, olary soýup iý!“ diýdi. 8 Men: „Ýok, agam! Hapa we haram zatlary agzyma alan däldirin“ diýdim. 9 Perişde maňa ikinji gezek hem: „Hudaýyň halal hasaplaýan zatlaryna haram diýme“ diýdi. 10 Perişde maňa üçünji gezek hem şol sözleri aýtdy, soňra saçak göge galdy. 11 Edil şol wagt Kaýsariýadan üç adam myhman bolýan öýümiziň gapysyna gelip durdy+. 12 Şonda mukaddes ruh maňa ýaýdanman olar bilen gitmegi tabşyrdy. Ýanymda duran alty dogan hem meniň bilen gaýtdy. Şeýdip, biz ol adamyň öýüne geldik.
13 Ol öýünde perişdäni görendigini aýtdy. Perişde şeýle diýipdir: „Ýafa adam ugradyp, Petrus diýilýän Simuny çagyr+. 14 Ol saňa we tutuş maşgalaňa halas bolmak üçin näme etmelidigini aýdar“. 15 Men olar bilen ýaňy gürrüňe başladym welin, mukaddes ruhuň başda bize inişi ýaly, olara-da indi+. 16 Şonda Halypamyzyň: „Ýahýa suwa çümdürýärdi+, emma siz mukaddes ruh bilen çümdürilersiňiz“+ diýip, gaýta-gaýta aýdan sözleri ýadyma düşdi. 17 Eger Hudaý Halypamyz Isa Mesihe iman edenlere, ýagny bize beren mukaddes ruhuny olara-da beren bolsa, onda Hudaýa garşy çykar ýaly men kim bolupdyryn?»+
18 Olar Petrusy diňlänlerinden soňra, köşeşdiler we Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý başga halklaryň hem toba etmegini we ýaşaýşa gowuşmagyny isleýän eken»+ diýdiler.
19 Stefanus öldürilenden soň, yzarlamalar sebäpli çar tarapa dargan şägirtler+ Finikiýa, Kipre we Antakyýa baryp ýetdiler. Ýöne olar diňe ýehudylara wagyz edýärdiler+. 20 Antakyýa gelenleriň arasynda kiprli we kirenaly şägirtler hem bardy. Olar grekçe gepleýän adamlar bilen gürrüňdeş bolup, Halypamyz Isa hakdaky hoş habary wagyz edýärdiler. 21 Ýehowa* olary goldaýardy. Şeýlelikde, köp adamlar iman edip, Halypamyzyň şägirdi boldular+.
22 Olar hakda Iýerusalimdäki ýygnak eşidip, Barnabasy+ Antakyýa iberdiler. 23 Barnabas baryp, şägirtlere Hudaýyň ýagşylyk edendigini gördi. Ol muňa begenip, olary hemişe Halypamyza ýürekden wepaly bolmaga höweslendirdi+. 24 Şondan soň köp adamlar Halypamyza iman etdi+. Barnabas imany güýçli, mukaddes ruhdan doly we päk ýürekli adamdy. 25 Ol Sawuly gözläp Tarsusa gitdi+. 26 Sawuly tapyp, Antakyýa alyp gaýtdy. Şeýdip, olar Antakyýadaky ýygnakda bir ýyllap adamlara Hudaý barada öwretdiler. Antakyýada şägirtler Hudaýyň islegi bilen ilkinji sapar mesihçi diýen ady aldylar+.
27 Şol günler Iýerusalimden Antakyýa pygamberler geldi+. 28 Agabus pygamber+ ýurtda güýçli açlygyň boljakdygyny mukaddes ruhuň kömegi bilen aýtdy+. Onuň aýdan pygamberligi Klawdiýiň döwründe ýerine ýetdi. 29 Şonda şägirtler Ýahudada ýaşaýan doganlaryna elinden gelen kömegi etmek islediler+. 30 Olar toplan zatlaryny Barnabas bilen Sawula berip, ýaşululara iberdiler+.
12 Şol döwürde Hirodes patyşa ýygnagyň käbir agzalaryny yzarlap başlady+. 2 Ol Ýahýanyň dogany Ýakuby+ gylyç bilen öldürdi+. 3 Ol ýehudylaryň muňa begenendigini görüp, Petrusy hem tussag etmegi buýurdy. Şol günler Petir baýramydy+. 4 Ol Petrusy tutup, türmä basdy+. Petrusy dört esgerden ybarat bolan dört topar garawullaýardy. Pasha baýramyndan soň, Hirodes ony halkyň öňüne çykarmakçydy*. 5 Şeýlelikde, Petrus türmededi, ýygnak bolsa Hudaýa ol hakda dyngysyz doga edýärdi+.
6 Hirodesiň Petrusy halkyň öňüne çykarmazyndan öňki gijesi, ol iki esgeriň arasynda uklap ýatyrdy. Petrusyň iki eli-de zynjyr bilen baglanandy. Türmäniň derwezesini esgerler garawullaýardy. 7 Birdenkä Ýehowanyň* perişdesi peýda boldy+, şonda Petrusyň ýatan jaýy ýagtyldy. Ol Petrusy yralap: «Çaltrak tur!» diýdi. Şonda Petrusyň elindäki zynjyrlar üzüldi+. 8 Soňra perişde: «Eşigiňi we çarygyňy* geý» diýdi. Ol aýdylyşy ýaly etdi. Soňra perişde: «Donuňy geýip, yzyma düş» diýdi. 9 Petrus daşyna çykyp, perişdäniň yzyna düşdi. Ol bolýan zatlaryň hakykatdygyna düşünmän, görnüş* görýändirin öýdýärdi. 10 Olar birinji hem ikinji garawullardan geçip, şähere çykýan demir derwezäniň ýanyna bardylar welin, ol öz-özünden açyldy. Olar daşary çykyp, köçeden ýöräp barýarkalar, birdenkä perişde gözden gaýyp boldy. 11 Şonda Petrus özüne gelip: «Ýehowa* perişdesini iberip, meni Hirodesiň we ýehudylaryň elinden halas edipdir»+ diýdi.
12 Petrus bolan zatlara düşünip, Markus diýilýän Ýahýanyň+ ejesi Merýemiň öýüne bardy. Olaryň öýünde birnäçe şägirt doga-dileg edip otyrdy. 13 Petrus derwezäni kakanda, Roda atly hyzmatkär gyz gapyny açmaga geldi. 14 Ol Petrusyň sesini tanap, begenjinden ýaňa gapyny açmagy hem unudyp, ylgap içeri girdi-de, oturanlara derwezäniň agzynda Petrusyň durandygyny aýtdy. 15 Olar gyza: «Akylyňdan azaşdyňmy?» diýdiler. Emma hyzmatkär Petrusyň gelendigini gaýta-gaýta aýdyp duransoň: «Onda ol Petrusyň perişdesidir» diýişdiler. 16 Petrus henizem derwezäni kakyp durdy. Olar derwezäniň gapysyny açanlarynda, Petrusy görüp haýran galdylar. 17 Emma ol ýuwaş boluň diýip yşarat etdi. Soňra Ýehowanyň* türmeden çykaryşyny jikme-jik gürrüň berip: «Bolan wakany Ýakuba+ we beýleki doganlara aýdyň» diýdi. Özi bolsa başga ýere gitdi.
18 Daň atanda, esgerler Petrusyň ýokdugyny görüp, howsala düşdüler. 19 Hirodes ony ýer ýykyp gözledi, emma tapmansoň, garawullary soraga tutup, jeza bermegi buýurdy+. Özi bolsa Ýahudadan gaýdyp, Kaýsariýada birnäçe wagt boldy.
20 Hirodes Tir bilen Sidon halkyna garşy gahar-gazaba mündi. Şonda olar özara maslahatlaşyp, Hirodesiň huzuryna geldiler we köşk emeldary Blastusdan patyşa bilen ýaraşdyrmagy haýyş etdiler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy. 21 Bellenen gün Hirodes şa lybasyny geýip, höküm kürsüsinde oturdy-da, halka ýüzlenip, söz sözledi. 22 Halk hem batly ses bilen: «Bu adamyň sesi däl, taňrynyň owazy!» diýip gygyrdy. 23 Hirodes Hudaýy şöhratlandyrmady, şonuň üçin Ýehowanyň* perişdesi oňa şol bada jeza berdi. Şeýlelikde, ol keselläp, endam-jany gurtlady we aradan çykdy.
24 Ýehowanyň* sözi bolsa ähli ýere ýaýraýardy, köp adamlar hem iman edýärdi+.
25 Barnabas+ bilen Sawul doganlara kömek üçin iberilen zatlary Iýerusalime getirenlerinden soňra+, Antakyýa dolandylar. Olar Markus diýilýän Ýahýany+ hem alyp gitdiler.
13 Antakyýadaky ýygnakda pygamberler we mugallymlar bardy+. Olar Barnabas, Niger diýilýän Simon, kirenaly Lukus, Jelile welaýatynyň häkimi Hirodes bilen bilim alan Manahen hem-de Sawul. 2 Olar Ýehowa* gulluk edip, agyz beklänlerinde, mukaddes ruh: «Men Barnabas bilen Sawuly aýratyn gulluk üçin saýladym, olary maňa beriň»+ diýdi. 3 Olar agyz bekläp, doga etdiler we Barnabas bilen Sawulyň üstüne ellerini goýup, olary ýola saldylar.
4 Olar mukaddes ruhuň görkezmesi bilen Selewkiýa bardylar. Soňra gämili Kipre gitdiler. 5 Olar Salamise baryp, ýehudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň sözüni wagyz edip başladylar. Ýahýa hem olara kömek edýärdi+.
6 Barnabas bilen Sawul adanyň içi bilen Pafosa bardylar. Ol ýerde Barýuşa atly ýehudy bardy. Ol jadygöý we ýalan pygamberdi. 7 Barýuşa welaýat häkimi* Sergus Pawlosa hyzmat edýärdi. Sergus düşünjeli adam bolansoň, Barnabas bilen Sawuly ýanyna çagyryp, Hudaýyň sözüni diňlemek isleýärdi. 8 Ýöne Elimas welaýat häkimini Halypamyza iman etdirmejek bolup, olara garşy çykyp başlady (Elimas jadygöý diýmegi aňladýar). 9 Şonda Pawlus diýilýän Sawula mukaddes ruh indi. Ol Elimasyň gözüne seredip: 10 «Eý Iblis ogly+, dogruçyllygyň duşmany! Seniň ýüregiň kezzaplykdan, erbetlikden doly. Sen Ýehowanyň* adyl ýollaryna haçana çenli böwet boljak?* 11 Ýehowa* saňa jeza berer. Sen kör bolup, birnäçe wagtlap ýagtylyk görmersiň» diýdi. Elimasy şol bada gara tüsse we garaňkylyk gurşap aldy. Ol sermenip, kömek edere adam gözläp başlady. 12 Welaýat häkimi muny görüp, Halypamyza iman etdi, sebäbi ol Ýehowa* hakda bilen zatlaryna haýran galdy.
13 Pawlus ýoldaşlary bilen Pafosdan gaýdyp, Pamfiliýadaky Perga gämili geldi. Emma Ýahýa+ olaryň ýanyndan gaýdyp, Iýerusalime dolandy+. 14 Olar bolsa Pergadan Pisidiýanyň Antakyýa şäherine geldiler we Sabat güni* sinagoga bardylar+. 15 Töwrat we Pygamberler kitaby okalandan soň+, sinagoga ýolbaşçylary Pawlus bilen Barnabasa: «Adamlar, doganlar, halky ruhlandyrmak üçin aýtjak sözüňiz bar bolsa, baş üstüne, aýdyberiň» diýdiler. 16 Şonda Pawlus ýerinden turdy-da, eli bilen yşarat edip, märekeden ýuwaş bolmagy haýyş etdi:
«Eý ysraýyllar, Hudaýdan gorkýan adamlar, gulak asyň! 17 Ysraýyl halkynyň Hudaýy biziň ata-babalarymyzy saýlady. Müsür ýurdunda gelmişek bolup ýaşanlarynda, Hudaý olary beýgeldip, gudratly goly bilen alyp çykdy+. 18 Ol çölde ata-babalarymyza 40 ýyllap sabyr etdi+. 19 Hudaý Kenganyň ýedi milletini ýok edip, ýurdy ysraýyllara miras berdi+. 20 Şol zatlar 450 ýyl töweregi dowam etdi.
Şondan soň Hudaý olara Şamuwel pygamberiň döwrüne çenli serdarlary belläpdi+. 21 Biraz wagtdan halk Hudaýdan patyşa bellemegi talap etdi+. Hudaý hem benýamin taýpasyndan Kişiň ogly Şawuly patyşa belledi+. Ol 40 ýyl höküm sürdi. 22 Hudaý Şawuly tagtdan düşürip, Dawudy patyşa belledi+. Hudaý ol hakda: „Ýessäniň ogly Dawut+ göwnüme ýaraýan adam eken+, ol islegimi berjaý eder“ diýdi*. 23 Hudaýyň wada berişi ýaly, onuň neslinden Ysraýyly halas etmäge Isa geldi+. 24 Ýöne ol gelmänkä, Ýahýa ysraýyl halkyna toba edip, suwa çümdüriliň diýip wagyz edýärdi+. 25 Ýahýa gullugyny tamamlap barýarka: „Maňa kimdirin öýdýärsiňiz? Men Mesih däl. Men yzymdan gelýän adamyň çarygynyň* bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin“+ diýýärdi.
26 Eý doganlar, Ybraýymyň nesilleri, Hudaýdan gorkýan adamlar! Hudaý bize halas etjekdigi hakda habar ýollady+. 27 Iýerusalimiň ilaty we baştutanlary halasgäri kabul etmediler. Olar oňa höküm çykardylar. Şeýdip, sabat günleri okalýan Pygamberler kitabyndaky sözler ýerine ýetdi+. 28 Isa ölüme mynasyp hiç zat etmese-de+, halk Pilatusdan oňa ölüm jezasyny bermegi talap etdi+. 29 Isa hakda aýdylanlar doly ýerine ýetensoň, ony pürsden düşürip, mazarda jaýladylar+. 30 Emma Hudaý Isany direltdi+. 31 Isa Jelileden Iýerusalime ýany bilen giden şägirtlerine ençeme günläp göründi. Indi olar Isa hakda wagyz edýärler+.
32 Şeýlelikde, biz ata-babalarymyza wada edilen hoş habary yglan edýäris. 33 Hudaý Isany direldip+, biziň, ýagny çagalary üçin beren wadasyny doly berjaý etdi. Zebur kitabynyň ikinji babynda: „Sen meniň oglum, şu gün seniň ataň boldum“+ diýip ýazylgy. 34 Hudaý Isany direltdi, ol indi hiç haçan çüýremez. Ol sözüni tassyklap: „Gulum Dawuda bolan söýgime wepaly bolaryn“+ diýipdi. 35 Zeburyň başga ýerinde: „Wepaly guluňy mazarda çüýretmersiň“+ diýilýär. 36 Dawut bütin ömrüne Hudaýyň islegini berjaý etdi. Ol ölüm ukusyna gitdi, ata-babalary ýaly jaýlandy, jesedi-de çüýredi+. 37 Emma Hudaýyň direldeni Isa çüýremedi+.
38 Doganlar, günäleriňiziň Isa arkaly bagyşlanýandygyny size wagyz edýäris+. 39 Musanyň Töwrat kitaby siziň günäňizi ýuwup bilmedi+, emma Hudaýa iman eden adam Isa arkaly günäsiz hasaplanar+. 40 Seresap boluň, Pygamberler kitabynda aýdylanlar başyňyzdan inäýmesin: 41 „Eý gadyr bilmez adamlar! Siz etjek işlerime geň galyp, heläk bolarsyňyz. Sebäbi siziň döwrüňizde etjek işlerimi jikme-jik gürrüň berseler-de ynanmarsyňyz“»+.
42 Pawlus bilen Barnabas sinagogadan çykyp barýarka, adamlar indiki Sabat güni-de şeýle zatlary gürrüň bermegi haýyş etdiler. 43 Sinagogadaky ýygnak tamamlanandan soň, köp ýehudylar we ýehudy dinine geçenler olaryň yzyna düşüp gitdiler. Pawlus bilen Barnabas olary Hudaýyň ýagşylygynyň gadyryny bilip ýaşamaga höweslendirdiler+.
44 Indiki Sabat güni şäheriň ähli adamlary diýen ýaly Ýehowanyň* sözüni diňlemäge geldiler. 45 Ýehudylar ýygnanan märekäni görenlerinde, Pawlusa göriplik edip, aýdýan zatlaryna garşy çykyp başladylar+. 46 Pawlus bilen Barnabas bolsa batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň sözi ilki size wagyz edilmelidi+, emma siz diňlemediňiz, ebedi ýaşaýyşdan özüňizi mahrum etdiňiz. Indi bolsa biz başga halklara wagyz ederis+. 47 Sebäbi Ýehowa*: „Men sizi beýleki halklara nur saçmagyňyz üçin saýladym. Siz bütin ýer ýüzüne gutulyş hakda wagyz edersiňiz“ diýip tabşyrdy»+.
48 Başga milletli adamlar muny eşidip begendiler we Ýehowanyň* sözüni şöhratlandyryp başladylar. Ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlar iman etdiler. 49 Soňra Ýehowanyň* sözi ýurduň ähli ýerine ýaýrady. 50 Emma ýehudylar şäheriň abraýly we hudaýhon aýallaryny, atly-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabasa garşy öjükdirip+, şäherden kowdurdylar. 51 Pawlus bilen Barnabas bolsa aýagynyň tozanyny kakyp, Ikoniýa gitdiler+. 52 Şägirtler hem mukaddes ruhdan dolup, ýürekden şatlanýardylar+.
14 Barnabas bilen Pawlus Ikoniýa gelip, ýehudylaryň sinagogasyna bardylar. Olar şeýle gowy wagyz etdiler welin, köp ýehudylar we grekler iman etdiler. 2 Iman etmedik ýehudylar bolsa başga milletli adamlaryň aňyny zäherläp, doganlara garşy öjükdirdiler+. 3 Şonda olar Ikoniýada esli wagt boldular we Ýehowanyň* kömegi bilen batyrgaý wagyz etdiler. Alla hem ýagşylygy hakda wagyz edýänlere alamatlary we gudratlary görkezmäge güýç berýärdi+. 4 Şäheriň halky bolsa iki topara bölünip, biri ýehudylary, beýlekisi resullary goldady. 5 Başga milletli adamlar, ýehudylar, olaryň baştutanlary dil düwşüp, resullara azar berdiler, olary daşlajak boldular+. 6 Doganlar muny bilip, Likoniýa, Listra, Derbä we daş-töwerekdäki şäherlere gaçyp gitdiler+. 7 Olar baran ýerlerinde hoş habary wagyz edýärdiler.
8 Listrada dogabitdi maýyp adam bardy. Ol ýöräp bilmeýärdi. 9 Ol Pawlusyň gürrüňini diňläp otyrdy. Pawlus oňa seredip, sagaljagyna iman edýändigini gördi+. 10 Şonda ol batly ses bilen: «Ýeriňden tur!» diýdi. Ol hem ýerinden böküp turdy-da, ýöräp başlady+. 11 Märeke Pawlusyň eden gudratyny görüp, likoniýalylaryň dilinde: «Taňrylar ynsan keşbine girip, ýere gelipdir»+ diýip gygyryşdylar. 12 Olar Barnabasa Zews, Pawlusa bolsa köp zady gürrüň berendigi üçin Germes diýip at dakdylar. 13 Şähere giren ýeriňde Zewsiň buthanasy bardy. Onuň ruhanysy halk bilen gurbanlyk bermek üçin öküzleri we gülden örülen täçleri şäheriň derwezesine getirdi.
14 Barnabas bilen Pawlus resul muny eşidip, donlaryny ýyrtdylar-da, ylgap märekäniň içine girip, batly ses bilen şeýle diýdiler: 15 «Adamlar, edýäniňiz näme? Bizem siziň ýaly adam ahyryn+. Biz siziň biderek zatlardan el çekip, ýeri-gögi, deňzi we olardaky zatlary ýaradan Biribara sežde etmegiňiz üçin hoş habary wagyz edýäris+. 16 Hudaý geçmişde ähli halklara islän zatlaryny etmäge ýol beripdi+. 17 Emma ol ýagşylyk edip, özi hakda şaýatlyk edýärdi+. Hudaý gökden ýagmyr ýagdyrýardy, möwsüminde bol hasyl berip doýurýardy+ we ynsan kalbyny şatlykdan doldurýardy»+. 18 Resullar näçe jan etseler-de, halk gurbanlyk berjek bolýardy. Barnabas bilen Pawlus halky zordan sakladylar.
19 Antakyýadan we Ikoniýadan gelen ýehudylar bolsa halky resullara garşy öjükdirdiler+. Olar Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, şäheriň daşyna süýräp çykardylar+. 20 Şägirtler Pawlusyň daşyna üýşende, ol ýerinden turup, ýene-de şähere girdi. Ertesi Barnabas bilen Derbi şäherine gitdi+. 21 Olar şäherde hoş habary wagyz edip, birnäçe adama şägirt bolmaga kömek etdiler. Soňra Listra, Ikoniýa we Antakyýa gaýtdylar. 22 Resullar ol ýerdäki şägirtleri ruhlandyrdylar+ we imanda berk durmaga höweslendirip: «Hudaýyň Patyşalygyna girmek üçin köp kynçylyklardan geçmelidiris»+ diýdiler. 23 Şeýle-de resullar agyz bekläp, doga edip+, ýygnaklarda ýaşululary bellediler+. Soňra olary iman eden Ýehowa* Hudaýyna tabşyrdylar.
24 Soňra Barnabas bilen Pawlus Pisidiýadan geçip, Pamfiliýa geldiler+. 25 Pergada Hudaýyň sözüni wagyz etdiler, soňra Attaliýa gitdiler. 26 Ol ýerden hem gämili Antakyýa ugradylar. Antakyýada ýaşaýan doganlar öň Pawlus bilen Barnabas üçin Hudaýdan ak pata sorapdylar. Indi bolsa Pawlus bilen Barnabas tabşyrylan ýumşy doly berjaý edip geldiler+.
27 Olar Antakyýa gelenlerinde, tutuş ýygnagy çagyryp, Hudaýyň kömegi bilen eden işlerini we başga halklaryň iman edişini gürrüň berdiler+. 28 Pawlus bilen Barnabas birnäçe wagt şägirtleriň ýanynda boldular.
15 Ýahudadan Antakyýa gelen käbir şägirtler doganlara: «Musanyň tabşyryşy ýaly sünnetlenmeseňiz+, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredip başladylar. 2 Emma Pawlus bilen Barnabas olar bilen ylalaşman, çekeleşdiler. Şonda doganlar Pawlus bilen Barnabasy, başga-da käbir doganlary sünnetlenmek meseläni çözmek üçin Iýerusalimdäki resullaryň we ýaşulularyň ýanyna iberdiler+.
3 Ýygnagyň agzalary olary ýarty ýola çenli ugradyp, yzlaryna dolandylar. Pawlus, Barnabas we beýleki doganlar bolsa Finikiýa bilen Samariýa baryp, başga milletli adamlaryň Hudaýa sežde edip başlandyklaryny birin-birin gürrüň berdiler. Doganlar muny eşidip, örän begendiler. 4 Iýerusalime gelenlerinde, ýygnakdakylar, resullar we ýaşulular olary mähirli garşy aldylar. Pawlus bilen Barnabas Hudaýyň kömegi bilen eden işlerini gürrüň berdiler. 5 Şonda öň fariseýleriň dini toparynyň agzasy bolanlaryň käbiri ýerinden turup: «Başga milletli doganlary sünnetlemeli, olara Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly»+ diýdiler.
6 Şonda resullar we ýaşulular sünnetlenmek babatda maslahat etmek üçin ýygnanyşdylar. 7 Gyzgalaňly çekişmeden soň, Petrus ýerinden turup: «Doganlar, siz başga milletli adamlaryň hoş habary eşidip, iman etmekleri üçin Hudaýyň ilki meni saýlandygyny bilýänsiňiz+. 8 Ýürekleri bilýän Hudaý+ olara mukaddes ruhuny berip+, olardan razydygyny görkezipdi. 9 Iman edendikleri üçin+, Hudaý olaryň ýüregini arassalap, biziň bilen deň tutdy+. 10 Siz näme üçin ata-babalarymyzyň we biziň göterip bilmedik ýükümizi olaryň egnine atyp+, Hudaýy synaýarsyňyz?+ 11 Biz hem olar ýaly Halypamyz Isanyň eden ýagşylygy+ arkaly halas boljakdygymyza iman edýäris»+ diýdi.
12 Şeýlelikde, oturanlaryň bary dymyp, Barnabas bilen Pawlusy diňlediler. Olar Hudaýyň kömegi bilen başga milletlere görkezen alamatlary we gudratlary hakda gürrüň berdiler. 13 Barnabas bilen Pawlus gürrüňini tamamlanda, Ýakup şeýle diýdi: «Doganlar, gulak asyň. 14 Simonyň+ birin-birin gürrüň berişi ýaly, Hudaý başga milletli adamlary saýlap, adyny göterjek halky döredýär+. 15 Pygamberler kitabynda hem: 16 „Soňra men dolanyp, Dawudyň weýran bolan çadyryny dikelderin, haraba öwrülen ýerlerini abatlaryn. 17 Şonda beýleki adamlar hem meniň adymy göterýän ähli milletler bilen birlikde Ýehowany* ýürekden gözlärler. Muny aýdýan Ýehowa* hökman ýerine ýetirer+. 18 Men şeýle etmegi gadymy döwürde ýüregime düwüpdim“+ diýilýär. 19 Meniň pikirimçe, Hudaýa iman eden başga halklaryň üstüne agyr ýük atmaly däl+. 20 Ýöne olara butlara+ berlen sadakalardan, ahlaksyzlykdan*+, haram ölen* haýwanlaryň etinden we gandan+ gaça durmalydygyny aýdalyň. 21 Sebäbi gadymy döwürden bäri ähli şäherlerde Musanyň sözleri wagyz edilýär, ýazan kitaplary her Sabat güni* sinagogalarda okalýar»+.
22 Soňra resullar, ýaşulular we ýygnagyň agzalary özara maslahatlaşyp, Antakyýa iki adamy ibermegi makul bildiler. Olar Barsabat diýilýän Ýahudany we Silasy+ saýlap, Pawlus hem Barnabas bilen iberdiler. Olar doganlaryň arasynda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärdi. 23 Doganlar olar arkaly şeýle hat iberdiler:
«Biz resullar we ýaşulular Antakyýadaky+, Siriýadaky we Kilikiýadaky başga milletli doganlara salam ýollaýarys. Gadyrly doganlar, 24 şu ýerden baran käbir adamlaryň size kynçylyk döredýändigini eşitdik+. Olar biziň tabşyrmadyk zatlarymyzy aýdyp, imanyňyzy gowşatjak bolýarlar. 25 Biz iki adamy saýlap, olary gowy görýän doganlaryňyz Barnabas we Pawlus bilen ýanyňyza ibermegi biragyzdan makul bildik. 26 Barnabas bilen Pawlus Halypamyz Isa Mesihiň ady üçin janlaryny bermäge taýyndyrlar+. 27 Biziň ähli aýdanlarymyzy size ýetirer ýaly+, olaryň ýanynda Ýahuda bilen Silasy-da ýollaýarys. 28 Sebäbi biz mukaddes ruhuň+ kömegi bilen şu wajyp zatlardan başga hiç zady sizden talap etmezligi makul gördük: 29 butlara berlen sadakalardan+, gandan+, haram ölen* haýwanlaryň etinden+ we ahlaksyzlykdan*+ gaça duruň. Şu zatlary etmeseňiz, işiňiz ugruna bolar. Sag-salamat boluň!»
30 Doganlar Antakyýa ýola düşdüler. Ol ýere baryp, ähli doganlary çagyrdylar-da, haty berdiler. 31 Olar haty okap, örän ruhlandylar we ýürekden begendiler. 32 Ýahuda bilen Silas pygamber bolandyklary üçin ençeme nutuklar bilen çykyş edip, doganlary ruhlandyrdylar we imanyny berkitdiler+. 33 Olar Antakyýada birnäçe wagt bolandan soň, ýerli doganlar olary ýagşy arzuwlar bilen ugratdylar. 34 *—— 35 Emma Pawlus bilen Barnabas Antakyýada galyp, doganlar bilen hoş habary wagyz etdiler we Ýehowanyň* sözüni öwretdiler.
36 Birnäçe günden Pawlus Barnabasa: «Ýör, indi* Ýehowanyň* sözüni wagyz eden şäherlerimize baryp, doganlaryň hal-ýagdaýyny soraly»+ diýdi. 37 Barnabas Markus diýilýän Ýahýany-da+ alyp gitmekçi boldy. 38 Emma Pawlus muny göwnemedi, sebäbi Markus Pamfiliýada olary taşlap gaýdypdy, wagyz etmäge kömek etmändi+. 39 Şonda olaryň arasynda şeýle uly dawa turdy* welin, hersi bir tarapa gitdi. Barnabas+ Markus bilen gämili Kipre gitdi. 40 Pawlus bolsa Silasy saýlady. Doganlar Ýehowanyň* Pawlus üçin ýagşylyk etmegini diläp, olary ugratdylar+. 41 Pawlus Siriýa we Kilikiýanyň üstünden geçip, ýygnaklary ruhy taýdan berkidýärdi.
16 Pawlus Derbä, soňra Listra şäherine geldi+. Şol şäherde Timoteos+ atly şägirt bardy. Onuň ejesi Isa iman edýän ýehudydy, emma kakasy grekdi. 2 Timoteosyň Listradaky we Ikoniýadaky doganlaryň arasynda gowy abraýy bardy. 3 Pawlus ony ýany bilen alyp gitmek isledi, ýöne ýehudylar sebäpli sünnetledi+. Sebäbi hemmeler Timoteosyň kakasynyň grekdigini bilýärdi. 4 Olar şäher-şäher aýlanyp, Iýerusalimdäki resullaryň, ýaşulularyň gelen kararyny aýdyp berýärdiler we olary berjaý etmegi tabşyrýardylar+. 5 Şeýlelikde, ýygnaklar ruhy taýdan berkäp, şägirtleriň sany gün-günden artýardy.
6 Emma mukaddes ruh olara Hudaýyň sözüni Aziýada wagyz etmegi gadagan etdi. Şonuň üçin olar Frigiýanyň we Galatýanyň+ üstünden geçip, 7 Misiýa geldiler, soňra Bitiniýa+ gitjek boldular, ýöne Isa mukaddes ruh arkaly olara rugsat bermedi. 8 Şeýlelikde, olar Misiýanyň üsti bilen Trowas şäherine geldiler. 9 Pawlusyň gije gören görnüşinde* makedoniýaly adam: «Makedoniýa gelip kömek et» diýip haýyş etdi. 10 Pawlus görnüş gören badyna Makedoniýa gitmek bilen bolduk, sebäbi Hudaý olary hoş habary wagyz etmäge iberýärdi.
11 Biz Trowasdan deňziň üsti bilen göni Samotrakiýa adasyna gitdik, ertesi gün Neapol şäherine bardyk. 12 Soňra Rimiň golastyndaky we Makedoniýa welaýatynyň merkezi şäheri Filipä+ gitdik. Ol ýerde birnäçe gün bolduk. 13 Sabat güni* şäheriň derwezesinden çykyp, derýanyň kenaryna bardyk, sebäbi şol ýerde doga edilýändir öýtdük. Biz gelen aýallara oturyp wagyz etdik. 14 Olaryň arasynda gyrmyzy reňkli gymmatbaha mata satýan tiýatiraly+ Lidiýa atly hudaýhon aýal bardy. Lidiýa Pawlusy ünsli diňledi, sebäbi Ýehowa* onuň ýüregini açypdy. 15 Ol bütin maşgalasy bilen suwa çümdürilip+, soňra: «Meni Ýehowa* wepaly hasaplaýan bolsaňyz, öýümde myhman galyň» diýip haýyş etdi. Şeýlelikde, ol bizi öýüne alyp gitdi.
16 Bir gün doga edilýän ýere barýarkak, içine jyn giren+ hyzmatkär gyza duşduk. Ol palçylyk edip*, hojaýynlary üçin köp pul gazanýardy. 17 Palçy gyz yzymyzdan galman: «Olar Allatagalanyň gullary+, size gutulyş habaryny yglan edýärler» diýip gygyrýardy. 18 Ol ençeme günläp yzlaryndan galman gygyryp ýörensoň, Pawlus ýadap, yzyna öwrüldi-de, jyna: «Isa Mesihiň ady bilen gyzyň içinden çykmagy buýurýaryn» diýdi. Jyn hem şol bada çykyp gitdi+.
19 Gyzyň hojaýynlary gazançsyz galandyklaryny görüp+, Pawlus bilen Silasy tutup, bazara, baştutanlaryň ýanyna süýräp alyp gitdiler+. 20 Olary şäher häkimleriniň ýanyna getirip, şeýle töhmet atdylar: «Şu adamlar parahat oturan halkymyzy bimaza edýärler+. Olar ýehudylar, 21 biziň, rimlileriň kanunyny bozýan däp-dessurlary halkymyza öwredýärler». 22 Şonda bütin märeke olara garşy aýaga galdy. Şäher häkimleri Pawlus bilen Silasyň eşiklerini çykaryp, taýak bilen ýençmegi buýurdylar+. 23 Olary ýenjip türmä basdylar. Türmäniň gözegçisine bolsa olar gaçmaz ýaly seretmegi tabşyrdylar+. 24 Şeýle berk buýruk berlensoň, gözegçi olaryň aýagyny gandallap, türmäniň iň içki gözenegine saldy.
25 Pawlus bilen Silas ýarygijä golaý doga edip, Hudaýyň şanyna aýdym aýtdylar+. Türmede oturanlar hem olary diňlediler. 26 Birdenkä güýçli ýer titräp, tutuş türmäni sarsdyrdy. Şonda onuň ähli gapylary açyldy we oturanlaryň hemmesiniň zynjyrlary üzüldi+. 27 Türmäniň gözegçisi ukudan oýanyp, gapylaryň açykdygyny gördi. Ol tussaglar gaçandyr öýdüp, gylyjy bilen özüni öldürjek boldy+. 28 Pawlus: «Öz janyňa kast etme! Hemmämiz otyrys» diýip gygyrdy. 29 Türmäniň gözegçisi çyralary getirdip, Pawlus bilen Silasyň ýanyna ylgap bardy-da, gorkudan ýaňa titräp dyza çökdi. 30 Soňra olary daşaryk çykaryp: «Agam, halas bolmak üçin näme etmeli?» diýdi. 31 Olar: «Halypamyz Isa iman et, şonda özüňem, bütin maşgalaňam halas bolar»+ diýdiler. 32 Pawlus bilen Silas oňa we bütin maşgalasyna Ýehowanyň* sözüni wagyz etdiler. 33 Türmäniň gözegçisi ýarygije olary äkidip, ýaralaryny bejerdi*. Soňra bütin maşgalasy bilen suwa çümdürildi+. 34 Türmäniň gözegçisi Pawlus bilen Silasy öýüne getirip, olaryň öňüne saçak ýazdy. Ol öý-içerisi bilen Hudaýa iman edendigine ýürekden begenýärdi.
35 Daň atanda, şäher häkimleri garawullary iberip: «Olary boşadyň» diýdi. 36 Türmäniň gözegçisi Pawlusa: «Şäher häkimleri ikiňizi-de boşadyň diýip adam iberipdir. Baryň, sag-aman gidiň» diýdi. 37 Pawlus bolsa: «Bize, Rimiň raýatlaryna höküm çykarylmanka, halkyň öňünde ýenjip+, türmä basdylar. Indi hiç kime bildirtmän boşatjak bolýarlarmy? Ýok, ol diýenleri bolmaz! Goý, özleri gelip boşatsynlar» diýdi. 38 Garawullar muny şäher häkimlerine habar berdiler. Olar Pawlus bilen Silasyň Rimiň raýatydygyny bilip juda gorkdular+. 39 Häkimler gelip, olara ýalbar-ýakar edip, türmeden çykardylar we şäherden gitmegi haýyş etdiler. 40 Pawlus bilen Silas türmeden çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar. Olar doganlar bilen görşüp, olary ruhlandyrdylar-da+, ýola düşdüler.
17 Pawlus bilen Silas Amfipolyň we Apollonyň üstünden geçip, Selanik şäherine geldiler+. Şäherde ýehudylaryň sinagogasy bardy. 2 Pawlus hemişekisi ýaly+ sinagoga bardy. Ol üç hepdeläp Sabat güni* mukaddes kitaplar barada söhbetdeş boldy*+. 3 Ol adamlara Mesihiň görgi görüp ölüp+, soňra direlmelidigini+ düşündirip, subut edýärdi. Pawlus: «Men Isa hakda wagyz edýärin. Ol Mesihdir» diýýärdi. 4 Şeýlelikde, käbirleri iman edip, Pawlus bilen Silasa goşuldylar+. Olara hak Hudaýa sežde edýän köp grekler we birnäçe abraýly aýallar hem goşuldy.
5 Ýehudylar bolsa olara göriplik edip+, bazarda işsiz oturan birgiden erbet adamlary ýygnap, bütin şäheri galagoplyga düşürdiler. Olar Pawlus bilen Silasy märekäniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne kürsäp girdiler. 6 Olary tapmansoňlar, Ýasony we başga-da käbir doganlary şäher ýolbaşçylarynyň ýanyna süýräp getirip: «Hemme ýerde agzalalyk döredýän adamlar indi bärik gelipdirler+. 7 Ýason hem olary myhman alypdyr. Olar Sezaryň kanunlaryna garşy çykyp, Isa diýen adamy patyşa hasaplaýarlar»+ diýdiler. 8 Muny eşidip, şäheriň ýolbaşçylary we ilaty howsala düşdi. 9 Soňra Ýasondan we ýanyndaky adamlardan girew alyp, olary goýberdiler.
10 Gün ýaşan badyna, doganlar Pawlus bilen Silasy Weriýa ugratdylar. Olar şähere girip, ýehudylaryň sinagogasyna bardylar. 11 Selaniklilere garanda, Weriýada ýaşaýan adamlaryň dünýägaraýşy giňdi, sebäbi olar Hudaýyň sözüni höwes bilen kabul edip, eşiden zatlarynyň dogrudygyny anyklamak üçin, mukaddes kitaplardan her gün gözleg geçirýärdiler. 12 Şeýlelikde, olaryň köpüsi iman etdiler. Olaryň arasynda atly-abraýly grek aýallar bilen başga-da käbir adamlar bardy. 13 Ýöne Selanikdäki ýehudylar Pawlusyň Hudaýyň sözüni Weriýada hem wagyz edýändigini eşidip, olara garşy märekäni öjükdirmek üçin geldiler+. 14 Şonda doganlar Pawlusy derrew gämi duralgasyna ugratdylar+. Ýöne Silas bilen Timoteos şäherde galdy. 15 Doganlar Pawlusy Afina eltip, yzlaryna dolandylar. Pawlus olardan Silas bilen Timoteosy+ hem çaltrak ibermegi haýyş etdi.
16 Pawlus olara Afinada garaşýarka, şäheriň butlardan doludygyny görüp gahary geldi. 17 Şonuň üçin ol sinagogadaky ýehudylar we Hudaýa sežde edýän beýleki adamlar bilen söhbetdeş bolýardy*. Şeýle-de ol her gün bazarda duşýan adamlar bilen gürrüňdeş bolýardy. 18 Emma käbir epikurçy* we stoik* filosoflary Pawlus bilen jedelleşip başladylar. Olaryň käbiri: «Ol näme ýaňrap dur-aý?» diýýärdi, beýlekiler bolsa: «Başga taňrylar hakda wagyz edýän bolaýmasa» diýýärdiler, sebäbi Pawlus Isa baradaky hoş habary we direliş hakda wagyz edýärdi+. 19 Olar Pawlusy Ares depesine getirip: «Öwredýän zatlaryň hakda bize-de gürrüň bersene. 20 Sen geň-taň zatlary gürrüň berýäň, biziňem bilesimiz gelýär» diýdiler. 21 Afinalylar we başga ýerden gelen adamlar bar boş wagtlaryny şol ýerde oturyp, biri-birine eşiden zatlaryny gürrüň berýärdiler we biri-birini diňleýärdiler. 22 Pawlus Ares depesiniň+ ortarasynda durup, şeýle diýdi:
«Eý afinalylar! Siz başgalara garanyňda, örän hudaýhon* adamlar ekeniňiz+. 23 Men şäherde aýlanyp ýörkäm, seždegähleriňizi gördüm. Gurbanlyk ojaklaryň birinde „Nätanyş Hudaýa“ diýen ýazgyny okadym. Men siziň şol tanamaýan Hudaýyňyz hakda wagyz edýärin. 24 Ol bütin dünýäni we ondaky zatlary ýaradan Hudaý. Ýeriň hem gögüň Eýesi+ ynsan elleri bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaýar+. 25 Ol adamlaryň kömegine mätäç däl+, sebäbi adamlara ýaşaýşy, demi we ähli zady özi berýär+. 26 Ol bir adam arkaly+ ähli milletleri döredip, olary ýer ýüzünde ýaşadýar+. Ol her bir zadyň wagtyny belledi we adamlaryň ýaşajak ýerlerine çäk goýdy+. 27 Ol adamlaryň Hudaýy gözlemegini, sermeläp tapmagyny isleýär+. Aslynda, ol hiç kimden uzakda däldir. 28 Sebäbi biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris we bardyrys. Siziň şahyrlaryňyzyň käbiri: „Biz hem onuň perzentleri“ diýýärler.
29 Biz Hudaýyň perzentleri+ bolýan bolsak, onda ussanyň altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasan heýkellerine Hudaý diýip bilmeris+. 30 Dogrudan-da, Hudaý geçmişde adamlaryň düşünjesizligine* göz ýumdy+, indi ol hemmeleri toba etmäge çagyrýar. 31 Sebäbi Hudaý öz saýlan adamy arkaly ähli ynsanlary adalatly höküm etmek üçin+ bir gün belledi. Hudaý ony direldip, niýetini amala aşyrjakdygyny görkezdi»+.
32 Pawlusyň direliş hakda aýdýanlaryny eşidenlerinde, adamlaryň käbiri üstünden güldüler+, käbirleri bolsa: «Seni başga gün diňläýeris» diýdiler. 33 Şonda Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy. 34 Käbir adamlar bolsa iman etdiler. Olaryň arasynda Ares depesindäki kazyýetiň kazysy Diýonis, Damaris atly aýal we başga-da adamlar bardy.
18 Pawlus Afinadan Korinf şäherine gelende, 2 Pontusda doglan Akila+ atly ýehuda duşdy. Akila aýaly Priskilla bilen ýakynda Italiýadan gelipdi. Sebäbi imperator Klawdiý ähli ýehudylara Rimden çykmagy buýrupdy. Şeýlelikde, Pawlus olaryň öýüne bardy. 3 Olaryň käri birdi, bile çadyr tikýärdiler. Pawlus olar bilen işläp, olaryň öýünde ýaşaýardy+. 4 Şeýle-de Pawlus her Sabat güni*+ sinagogada adamlar bilen söhbetdeş bolýardy*+ we ýehudylar bilen greklere iman etmäge kömek edýärdi.
5 Silas+ bilen Timoteos+ Makedoniýadan gelende, Pawlus ýehudylara Isanyň Mesihdigi hakda wagyz edip, Hudaýyň sözüni yhlasly öwredip başlady+. 6 Emma olar Pawlusa sögüp, garşy çykdylar. Pawlus bolsa donuny silkip+: «Ganyňyz öz boýnuňyza+, men günäkär däl+. Indi men başga milletlere wagyz etmäge giderin»+ diýdi. 7 Pawlus sinagogadan çykyp, Titiwus Ýustus atly hudaýhon adamyň öýüne bardy. Onuň öýi sinagoga degip durdy. 8 Sinagoga ýolbaşçysy Krispus+ bütin öý-içerisi bilen Halypamyza iman etdi. Korinflileriň köpüsi hem hoş habary eşidip, iman etdiler we suwa çümdürildiler. 9 Halypamyz Pawlusa gije görnüşde*: «Gorkma, dymma, hemişe wagyz et! 10 Men seniň bilen+, hiç kim saňa el galdyryp, zyýan ýetirip bilmez. Şu şäherde maňa iman etjek adamlar köpdür» diýdi. 11 Şeýlelikde, Pawlus ol ýerde bir ýarym ýyl bolup, adamlara Hudaýyň sözüni öwretdi.
12 Galiýon Ahaýýanyň welaýat häkimikä*, ýehudylar bileleşip, Pawlusa garşy çykdylar. Olar Pawlusy höküm kürsüsiniň öňüne getirip: 13 «Ol halky kanuny bozduryp, Hudaýa sežde etdirjek bolýar» diýdiler. 14 Pawlus söze başlajak bolanda, Galiýon: «Eý ýehudylar! Ol hakykatdanam erbet iş eden bolsa, sizi hökman diňlärin. 15 Eger sözüň, adamlaryň we kanunyň üstünde dawa edýän bolsaňyz+, onda muny özüňiz çözüň. Men meseläňizi çözmek üçin kazylyk etjek däl» diýdi. 16 Şeýdip, ol märekäni höküm kürsüsiniň öňünden kowup goýberdi. 17 Ýehudylar bolsa sinagoga ýolbaşçysy Sostenisi+ tutup, höküm kürsüsiniň öňünde urup başladylar. Galiýonyň bolsa azaryna-da däldi.
18 Pawlus şol ýerde ýene-de birnäçe gün bolup, soňra doganlar bilen hoşlaşdy-da, Priskilla we Akila bilen gämili Siriýa gitdi. Ol Hudaýa beren wadasyny berjaý etmek üçin Kenharaýda+ saçyny aldyrdy*. 19 Olar Efese gelenlerinde şäherde galdylar, Pawlus bolsa sinagoga gidip, ýehudylar bilen söhbetdeş boldy*+. 20 Olar Pawlusdan köp wagt galmagyny haýyş etdiler, emma ol razy bolmady. 21 Pawlus hoşlaşyp: «Ýehowa* islese, men ýene-de gelerin» diýdi. Soňra Efesden gämä münüp, deňziň üsti bilen 22 Kaýsariýa gitdi. Ol ýygnaklary görmäge bardy*, soňra bolsa Antakyýa gitdi+.
23 Pawlus biraz wagt bolup, soňra Galatýada we Frigiýada+ şäher-şäher aýlanyp, şägirtleriň imanyny berkidýärdi+.
24 Şol wagt aleksandriýaly Apollos+ atly ýehudy Efese geldi. Ol dilewar adamdy we mukaddes kitaplary gowy bilýärdi. 25 Ýehowanyň* ýolunda tälim alan Apollos mukaddes ruhuň güýji bilen Isa hakda yhlasly gürrüň berýärdi we öwredýärdi. Ýöne ol diňe Ýahýanyň suwa çümdürmegi barada bilýärdi. 26 Ol sinagogada batyrgaý wagyz edýärdi. Priskilla bilen Akila+ onuň çykyş edişini diňläp, ony öz öýüne aldylar we Hudaýyň ýoluny has dogry düşündirdiler. 27 Apollos Ahaýýa gitmekçi bolanda, doganlar ony mähirli garşylamagy haýyş edip, şägirtlere hat ýazdylar. Apollos hem olaryň ýanyna baryp, Hudaýyň ýagşylygy bilen iman eden adamlara köp kömek etdi. 28 Ol adamlara ýehudylaryň öwredýän zatlarynyň nädogrudygyny, Isanyň Mesihdigini mukaddes kitaplar boýunça açyk aýdýardy, hyjuwly subut edýärdi+.
19 Apollos+ Korinfdekä, Pawlus Aziýanyň içi bilen Efese geldi+. Şol ýerde Pawlus käbir şägirtler bilen görüşdi. 2 Pawlus olara: «Isanyň şägirdi bolanyňyzda üstüňize mukaddes ruh indimi?»+ diýdi. Olar: «Biz-ä mukaddes ruhuň inýändigini bilemizok» diýdiler. 3 Pawlus: «Onda siz nädip suwa çümdürildiňiz?» diýip sorady. Olar: «Ýahýanyň öwredişi ýaly suwa çümdürildik»+ diýdiler. 4 Pawlus: «Ýahýanyň suwa çümdürmegi toba etmegi aňladýar+. Ol özünden soňra geljek Isa iman etmäge çagyrýardy»+ diýdi. 5 Olar muny bilenlerinden soňra, Halypamyz Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler. 6 Pawlus olaryň üstüne elini goýanda, olara mukaddes ruh indi+. Şonda olar dürli dillerde gepläp, pygamberlik edip başladylar+. 7 Olar 12 adamdy.
8 Pawlus üç aýlap sinagogada+ delilleri getirip, Hudaýyň Patyşalygy barada batyrgaý gürrüň berdi+. 9 Emma käbirleri Halypamyzyň ýoluna+ dil ýetirip, iman etmek islemediler. Şonda Pawlus şägirtler bilen olaryň ýanyndan gaýtdy+. Ol Tiranusyň mekdebinde her gün sapak bererdi. 10 Pawlus şol mekdepde iki ýyllap tälim berdi. Şeýlelikde, Aziýada ýaşaýan ähli adamlar, ýehudylaram, greklerem Hudaýyň sözüni eşitdiler.
11 Hudaý Pawlus arkaly uly gudratlary görkezýärdi+. 12 Hatda onuň elýaglygyny we öňlügini syrkawlara berenlerinde+, olar sagalýardy, jynlar hem adamlardan çykýardy+. 13 Enteşip ýören käbir ýehudylar hem Halypamyz Isanyň ady bilen jynlary kowmak üçin: «Pawlusyň wagyz edýän Isasy arkaly çykmagy buýurýaryn»+ diýýärdiler. 14 Ýehudylaryň Skiwa atly uly ruhanysynyň ýedi ogly hem şeýle zatlary edýärdi. 15 Zalym ruh bolsa: «Men Isany+, Pawlusy tanaýaryn+. Ýöne siz kim?» diýdi. 16 Jynly adam topulyp, olary ýekän-ýekän ýençdi. Olar ýarym-ýalaňaç, endam-jany gök-ala bolup, öýden gaçyp gitdiler. 17 Bolan wakany Efesde ýaşaýan ähli adamlar, ýehudylaram, greklerem eşitdi. Şonda hemmeler gorkdular, Halypamyz Isanyň ady bolsa beýgeldi. 18 Isanyň şägirdi bolanlaryň köpüsi gelip, öňki eden erbet işlerini boýun aldylar. 19 Jadygöýlik edýän adamlaryň köpüsi kitaplaryny üýşürip, hemmeleriň öňünde ýakdylar+. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda 50 000 kümüş pula deň boldy. 20 Şeýlelikde, Ýehowanyň* sözi gitdigiçe ýaýrap, barha güýçlenýärdi+.
21 Soňra Pawlus Makedoniýanyň+ we Ahaýýanyň üstünden geçip, Iýerusalime barmagy ýüregine düwdi+. Ol: «Men Iýerusalimden soň, Rime-de gitmeli»+ diýdi. 22 Ol kömekçileri Timoteos+ bilen Erastosy+ Makedoniýa ugradyp, özi birnäçe wagtlap Aziýada boldy.
23 Şol wagt Halypamyzyň ýolundan ýöremek+ babatda dawa turdy+. 24 Artemidanyň buthanasynyň heýkeljiklerini ýasaýan kümüş ussa Dimitris kärdeşlerine köp gazanç getirýärdi+. 25 Ol özi ýaly ussalary ýygnap: «Dostlar, biz edýän işimizden köp girdeji alýarys. 26 Ýöne görüp-eşidişiňiz ýaly, Pawlus diýilýän adam ynsan eli bilen ýasalan taňrylar hakyky däl diýip wagyz edýär+. Ol muny diňe Efesde+ däl, bütin Aziýada ýaşaýan adamlara ynandyrdy. 27 Men diňe kärimiziň däl-de, beýik taňry Artemidanyň* buthanasynyň abraýdan düşmeginden gorkýaryn. Artemida taňrysyna tutuş Aziýa we bütin dünýä sežde edýär. Indi bolsa onuň şan-şöhratyny depelejek bolýarlar» diýdi. 28 Şonda diňläp duran adamlar gahar-gazaba münüp: «Efeslileriň Artemidasy beýikdir!» diýip gygyryşdylar.
29 Şeýlelikde, bütin şäheriň halky galagoplyga düşüp, teatra tarap ylgaşyp gitdiler. Olar Pawlusyň kömekçileri makedoniýaly Gaý bilen Aristarhusy+ hem süýräp teatra alyp girdiler. 30 Şonda Pawlus adamlaryň ýanyna barjak boldy, ýöne şägirtler ony goýbermediler. 31 Teatrda baýramçylyklary we ýaryşlary geçirýänleriň käbiri-de Pawlusa ýagşy niýet bilen habar ýolladylar. Olar Pawlus janyny howp astyna salmasyn diýip, teatra barmazlygy haýyş etdiler. 32 Gelenleriň hersi bir zat diýip gygyryşýardy. Märeke howsala düşdi, olaryň käbiri näme üçin gelendigini-de bilmeýärdi. 33 Şonda Isgenderi märekäniň arasyndan çekip aldylar. Ýehudylar ony itekläp öňe çykardylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde ýagdaýy düşündirjek boldy. 34 Ýöne märeke Isgenderiň ýehudydygyny bilende: «Efeslileriň Artemidasy beýikdir!» diýip, iki sagatlap gygyryp durdy.
35 Ahyry şäher häkimi märekäni köşeşdirip: «Eý efesliler! Beýik Artemidanyň buthanasyny we onuň gökden inen şekilini Efes şäheri goraýandyr. Muny bilmeýän barmy? 36 Muňa hiç hili şübhe ýokdur. Rahatlanyň, ganygyzmalyk edäýmäň. 37 Siziň getiren adamlaryňyz buthanany-da talamady, taňrymyza-da dil ýetirmedi. 38 Dimitris+ bilen kärdeşleri olary aýyplamak isleýän bolsa, goý, kazyýet günleri welaýat häkiminiň* ýanyna barsynlar. Olar arz-şikaýatyny şonda aýtsynlar. 39 Siziň pikiriňizçe, olar bikanun iş eden bolsalar, onda kanuna laýyk hem çözülmelidir. 40 Märekäni hiç hili esassyz üýşürmegimiz örän howply, sebäbi bizi gozgalaňçy hökmünde aýyplamaklary mümkin» diýdi. 41 Ol sözüni tamamlap, märekäni dargatdy.
20 Goh-galmagal ýatyşanda, Pawlus şägirtleri çagyryp, olary ruhlandyrdy. Soňra olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ýola düşdi. 2 Pawlus şol ýerlere aýlanyp doganlary ruhlandyryp, Gresiýa gitdi. 3 Pawlus ol ýerde üç aý bolup, soňra gämide Siriýa gitmekçi boldy. Emma ýehudylaryň dildüwşük gurnandygyny bilende+, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmagy makul gördi. 4 Onuň ýanynda weriýaly Pirrosyň ogly Sopater, selanikli Aristarhus+ bilen Sekundus, derbili Gaý, Timoteos+ we aziýaly Tihikus+ bilen Trofimus+ bardy. 5 Olar bizden has öň gidip, Trowasda garaşdylar. 6 Emma Petir baýramyndan+ soň, biz gämili Filipiden gaýtdyk we bäş günde Trowasa baryp, ol ýerde ýedi gün bolduk.
7 Hepdäniň birinji güni* saçak başynda otyrkalar, Pawlus olara ýüzlenip, söz sözledi, sebäbi ertesi ýola düşmekçidi. Onuň gürrüňi ýarygijä çenli dowam etdi. 8 Biziň oturan ýokarky otagymyz çyralardan doludy. 9 Pawlus gürrüň berip durka, äpişgede oturan Eftih atly oglan uklap galdy. Oglany agyr uky basypdyr welin, ol üçünji gatdan ýykyldy. Aşak düşüp görseler, Eftih eýýäm jan beren eken. 10 Pawlus aşak düşdi-de, oglany gujaklap+: «Galmagal etmäň, ol diri»+ diýdi. 11 Soňra Pawlus ýokarky otaga çykyp, iýip-içmek üçin saçak başyna geçdi. Ol daň atýança gürrüň edip, soňra ýola düşdi. 12 Olar oglanyň diridigine biçak begenip, ony alyp gitdiler.
13 Biz Pawlusyň aýdyşy ýaly, ondan öň gämide Asosa baryp, şol ýerde ony garşy almalydyk. Sebäbi onuň özi pyýada barmakçydy. 14 Ol Asosda yzymyzdan ýetende, ýanymyza gämä mündürip, Mitlene gitdik. 15 Biz gämili ýüzüp, bir gün geçensoň Higosa bardyk. Ertesi güni Samosa ýetdik we biraz durup, ertesi güni Milete bardyk. 16 Pawlus Aziýada köp eglenmejek bolup, Efese+ barmady. Sebäbi ol Iýerusalimde geçirilýän Pentikost baýramyna ýetişmek isleýärdi+.
17 Pawlus Miletden Efese habar ýollap, ýygnak ýaşulularyny ýanyna çagyrdy. 18 Ýaşulular ýanyna gelende, Pawlus olara şeýle diýdi: «Aziýa gelen günümden bäri siziň araňyzda özümi nähili alyp barandygymy bilýänsiňiz+. 19 Men Halypamyza kiçigöwünlilik*+ bilen gulluk etdim we gözýaşlar döküp, köp görgi gördüm. Sebäbi ýehudylar dildüwşük gurnap, janymyň kastyna çykdylar. 20 Size peýdaly zatlary öwretmekden, jemagatyň öňünde+ we öýden-öýe aýlanyp+, öwretmekden çekinmedim. 21 Men ýehudylara-da, greklere-de toba edip+, Hudaýa we Halypamyz Isa iman etmekleri hakda birkemsiz wagyz etdim+. 22 Indi bolsa mukaddes ruhuň aýdyşy ýaly Iýerusalime barýaryn. Ol ýerde başyma nämeleriň injekdigini bilemok. 23 Emma mukaddes ruh maňa her şähere baranymda tussag ediljekdigimi we görgi görjekdigimi duýdurýar+. 24 Ýöne men janymy gaýgyrmaýaryn. Diňe Hudaýyň ýagşylygy barada hoş habary birkemsiz wagyz edip, özüme tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirmek we Halypamyz Isanyň ynanan işini soňuna çenli berjaý etmek isleýärin+.
25 Bilşiňiz ýaly, men size Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etdim, ýöne indi hiç biriňiz meni görmersiňiz. 26 Men hiç bir adamyň ganyna galmadym, siz muňa şaýatsyňyz+. 27 Men Hudaýyň öwüt-nesihatlaryny hemişe gürrüň berýärdim+. 28 Özüňize ünsli boluň+, tutuş sürä göz-gulak boluň, sebäbi mukaddes ruh sizi Hudaýyň ýygnagyny bakmak+ üçin gözegçi*+ edip belledi. Ol ýygnagy Oglunyň gany bilen satyn aldy+. 29 Men gidenimde, araňyza ýyrtyjy möjekler girer+. Olar sürä rehim etmezler. 30 Siziň araňyzdan-da şägirtleri yzyna eýertmek üçin hakykaty ýoýjaklar çykar+.
31 Siz bolsa oýa boluň! Meniň üç ýyllap+ gije-gündiz gözýaş döküp, her biriňize elmydama öwüt-nesihat berendigimi unutmaň. 32 Indi bolsa men sizi Hudaýa we bereketli* sözüne tabşyrýaryn. Söz size güýç berer we Hudaýyň mukaddeslere berýän mirasyny almaga kömek eder+. 33 Men hiç kimiň kümşüne, altynyna ýa-da egin-eşigine göz gyzdyrmadym+. 34 Siz meniň özüm we eginme-egin işleşen ýoldaşlarym üçin öz elim bilen zähmet çekendigimi bilýänsiňiz+. 35 Men agyr zähmet çekdim, ejizlere kömek etdim, ähli zatda görelde görkezdim+. Siz Halypamyz Isanyň: „Bermek almakdan has bagtly edýändir“+ diýen sözlerini unutmaly dälsiňiz».
36 Pawlus sözüni tamamlandan soň, dyza çöküp, hemmeler bilen bile doga etdi. 37 Şonda olar aglaşdylar we Pawlusy gujaklap mähirli ogşadylar. 38 Olar Pawlusy gaýdyp görmejekdiklerine has-da gynandylar+. Soňra ony gämä çenli ugratdylar.
21 Biz olar bilen hoşlaşyp, deňziň üsti bilen Kosa geldik. Ertesi gün Rodosa, ondan soň Patara bardyk. 2 Ol ýerde Finikiýa gidýän gämini tapdyk-da, şoňa münüp, ýolumyzy dowam etdik. 3 Kipr adasyna golaýlasak-da, gämi duralgasynyň ýanyndan geçip, Siriýa tarapa ýüzdük we Tirde düşledik. Ol ýerde gäminiň ýüküni düşürdiler. 4 Biz bolsa şägirtleri gözläp tapdyk we olaryň ýanynda ýedi gün bolduk. Doganlar mukaddes ruh arkaly Pawlusa Iýerusalime gitmezligi gaýta-gaýta aýtdylar+. 5 Biz gaýtmaly günümiz ýola düşdük. Bizi ugratmaga hemmeler, hatda aýallar bilen çagalar hem geldiler. Olar bizi gämi duralgasyna çenli ugratdylar. Biz kenara baranymyzda, dyza çöküp doga etdik. 6 Biz hoşlaşyp, gämä mündük, olar bolsa öýlerine gaýtdylar.
7 Biz Tirden gämili gaýdyp, Ptolemeýe geldik. Ol ýerde doganlar bilen görşüp, olaryň ýanynda bir gün galdyk. 8 Ertesi gün ýola çykyp, Kaýsariýa geldik we hoş habarçy Filipusyň öýüne bardyk. Ol resullar tarapyndan saýlanan ýedi doganyň biridi+. Biz onuň öýünde bolduk. 9 Filipusyň durmuşa çykmadyk dört sany pygamber gyzy bardy+. 10 Biz onuň öýünde ençeme gün bolanymyzdan soň, Ýahudadan Agabus pygamber+ geldi. 11 Ol gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, el-aýagyny daňyp: «Mukaddes ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimde ýehudylar guşagyň eýesini şeýdip daňarlar+ we başga halklaryň eline tabşyrarlar“»+ diýdi. 12 Şonda ählimiz Pawlusa Iýerusalime gitme diýip ýalbaryp başladyk. 13 Pawlus bolsa: «Näme üçin aglaşyp, ýüregimi dilim-dilim edýäňiz?* Men Iýerusalimde diňe bir daňylmaga däl, Halypamyz Isanyň adynyň hatyrasyna ölmäge-de taýyn»+ diýdi. 14 Biz Pawlusy yryp bilmedik, şonuň üçin garşy çykman: «Goý, Ýehowanyň* islegi bolsun!» diýdik*.
15 Soňra biz Iýerusalime gitmek üçin taýýarlandyk-da, ýola düşdük. 16 Kaýsariýadan gelen käbir şägirtler hem biziň bilen gaýtdylar. Olar bizi ilkinji şägirtleriň biri kiprli Minasonyň öýüne alyp gitdiler. Ol hem bizi myhman aldy. 17 Iýerusalime gelenimizde, doganlar bizi gujak açyp garşy aldylar. 18 Ertesi gün Pawlus bilen Ýakubyň+ ýanyna bardyk welin, ähli ýaşulular hem üýşdi. 19 Pawlus olar bilen saglyk-amanlyk soraşandan soň, Hudaýyň kömegi bilen eden işlerini we başga halklara wagyz edişini birin-birin gürrüň berdi.
20 Olar Pawlusyň gürrüňini diňläp, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra şeýle diýdiler: «Dogan, görýäňmi, müňlerçe ýehudylar Isanyň şägirdi boldular. Olar Töwrada yhlasly eýerýärler+. 21 Emma olar sen hakda şeýle zatlary eşidipdirler: sen başga halklaryň arasynda ýaşaýan ýehudylara Musanyň kanunyna garşy gelýän zatlary öwredýärmişiň. Olara çagalaryňyzy sünnetlemäň, däp-dessurlary berjaý etmäň diýenmişiň+. 22 Indi biz näme edeli? Olar seniň geleniňi eşiderler. 23 Gowusy, şeýle et. Ine, Hudaýa wada beren dört adam bar. 24 Olary ýanyňa alyp, däp boýunça tämizleniň. Tölegini töläp, olaryň saçlaryny aldyr. Şonda hemmeler sen barada aýdylan gep-gürrüňleriň ýalandygyna we Töwrada eýerip, dogry ýoldan ýöreýändigiňe göz ýetirerler+. 25 Iman eden başga milletli adamlara bolsa, butlara berlen sadakalardan+, gandan+, haram ölen* haýwanlaryň etinden+ we ahlaksyzlykdan*+ gaça durmagy tabşyryp, gelen kararymyz barada hat ýolladyk».
26 Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlar bilen däp boýunça tämizlendi+. Soňra ol tämizlenme günleriniň haçan tamamlanjakdygyny ruhanylara aýtmak üçin ybadathana girdi. Sebäbi tämizlenme günleri tamamlananda, ruhany olaryň hersi üçin gurbanlyk getirmelidi.
27 Ýedi gün tamamlanyp barýarka, Aziýadan gelen ýehudylar Pawlusy ybadathanada görüp, bütin märekäni öjükdirdiler. Olar Pawlusy tutup: 28 «Eý ysraýyl halky, kömek ediň! Ol ähli ýerde halkymyz, Töwrat we ybadathana hakda erbet zatlary öwredýär. Ol ybadathana grekleri hem getirip, mukaddes ýeri haram edýär»+ diýip gygyrdylar. 29 Sebäbi olar Pawlus bilen efesli Trofimusyň+ şähere gelendigini görüp, ony ybadathana-da getirendir öýtdüler. 30 Tutuş şäher galagoplyga düşdi. Adamlar ybadathana ylgap geldiler-de, Pawlusy tutdylar. Ony daşaryk süýräp çykaryp, dessine gapylary ýapdylar. 31 Olar Pawlusy öldürjek bolanlarynda, Iýerusalimde turan gozgalaň barada goşun serkerdesine habar berdiler. 32 Ol derrew esgerleri bilen ýüzbaşylary alyp, märekäniň üýşen ýerine tarap ylgady. Adamlar goşun serkerdesini we esgerleri görüp, Pawlusy urmagyny goýdular.
33 Goşun serkerdesi gelip, Pawlusy tussag etdi we iki zynjyr bilen baglamagy buýurdy+. Soňra onuň kimdigini we näme iş edendigini sorady. 34 Adamlaryň hersi bir zat diýip gygyrýardy. Goşun serkerdesi goh-galmagaldan ýaňa hiç zada düşünmedi. Şonuň üçin Pawlusy esgerleriň bolýan jaýyna alyp gitmegi tabşyrdy. 35 Pawlus basgançaga ýetende, märeke gahar-gazap bilen topuldy. Şonda esgerler onuň goltugyndan göterip alyp gitdiler. 36 Märeke olaryň yzyndan galman: «Öldüriň ony!» diýip gygyryşdy.
37 Olar esgerleriň jaýyna ýetip barýarkalar, Pawlus goşun serkerdesinden: «Bir zat aýtsam bolarmy?» diýip sorady. Ol: «Sen grekçe bilýäňmi? 38 Onda sen eli gylyçly 4 000 adamy çöle çykaryp, gozgalaň turzan müsürli däl ekeniň» diýdi. 39 Pawlus: «Men ýehudy+, Kilikiýanyň ady belli Tarsus şäherinden+. Rugsat beriň, halka bir agyz söz aýdaýyn» diýdi. 40 Goşun serkerdesi Pawlusa rugsat berdi. Ol hem basgançakda durup, adamlara eli bilen yşarat etdi. Märeke köşeşende, Pawlus halka ýewreý dilinde+ ýüzlendi.
22 Pawlus: «Adamlar, doganlar, atalar, gulak asyň! Men size bolan zatlary düşündireýin»+ diýdi. 2 Olar Pawlusyň ýewreý dilinde gepleýändigini eşidip dymdylar. Pawlus olara şeýle diýdi: 3 «Men ýehudy+, Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym+. Iýerusalimde Gamaliýeliň özünden bilim aldym+ we ata-babalarymyza berlen Töwrada eýermegi öwrendim+. Men hem siziň ýaly şu güne çenli Hudaýa yhlasly gulluk edýärin+. 4 Men şu ýola eýerýänleriň ählisini, aýal-erkek diýmän yzarlap, türmä basýardym, hatda olary ölüme-de tabşyrýardym+. 5 Baş ruhany bilen halkyň ähli ýaşululary muňa şaýatdyr. Sebäbi men şägirtleriň el-aýagyny daňyp, Iýerusalime äkidip jezalandyrmak üçin, olardan rugsat hatyny aldym, soňra Damaskdaky ýehudylara eltip berdim.
6 Men ýol söküp, günortan çagy Damasga golaýlanymda, birdenkä gökden güýçli ýagtylyk düşdi+. 7 Men ýere ýüzin ýykylanymda: „Sawul, Sawul, meni näme üçin yzarlaýaň?“ diýen ses eşitdim. 8 Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Ol: „Men seniň yzarlaýan nazaretli Isaň“ diýdi. 9 Meniň ýanymdakylar ýagtylygy görseler-de, meniň bilen gepleşýäniň sesini eşitmediler. 10 Men: „Agam, men näme etmeli?“ diýdim. Ol: „Tur, Damasga git. Näme etmelidigiňi aýdarlar“+ diýdi. 11 Men güýçli ýagtylyk sebäpli kör boldum. Şonuň üçin ýanymdakylar elimden tutup, Damasga eltdiler.
12 Töwrada görä ýaşaýan, hudaýhon we ýehudylaryň arasynda abraýly Ananýas atly adam 13 ýanyma gelip: „Sawul, doganym, gözüň açylsyn!“ diýdi. Şol bada gözüm açylyp, görüp başladym+. 14 Ol maňa: „Ata-babalarymyzyň Hudaýy seni saýlap, niýetini açdy, dogruçyl Isany görkezdi+ we sesini eşitdirdi. 15 Sen gören-eşidenleriňi hemmelere gürrüň berip, Isa hakda wagyz etmelisiň+. 16 Indi nämä otyrsyň? Tur, suwa çümdüril! Alla günäleriňi bagyşlar ýaly+, Isanyň adyny çagyr“+ diýdi.
17 Men Iýerusalime gelenimde+, ybadathanada doga edip durkam, görnüş gördüm. 18 Şonda Halypamyz maňa: „Tiz bol, Iýerusalimden çyk. Sebäbi olar men barada aýdýanlaryňy kabul etmezler“+ diýdi. 19 Men: „Halypam, olar meniň sinagogalara baryp, saňa iman edýänleri ýenjip, türmä basandygymy gowy bilýärler+. 20 Sen hakda şaýatlyk eden Stefanusy öldürenlerinde, menem şol ýerdedim. Olary makullap, donlaryny garawullap durdum“+ diýdim. 21 Ol: „Bar, seni uzak ýerlere, başga halklaryň ýanyna iberýärin“+ diýdi».
22 Halk Pawlusy mundan artyk diňlemek islemän: «Öldüriň ony, beýle adam ýagty jahanda ýaşamaly däldir» diýip gygyryşdylar. 23 Adamlar goh-galmagal edip, donlaryny çykaryp zyňýardylar we gum sowurýardylar+. 24 Goşun serkerdesi Pawlusy esgerleriň jaýyna äkitmegi buýurdy. Soňra ony ýenjip, sorag etmegi tabşyrdy. Ol halkyň Pawlusa näme üçin garşy çykandygyny bilmek isleýärdi. 25 Esgerler Pawlusy ýençmek üçin daňanlarynda, ol ýüzbaşa: «Rimiň raýatyna höküm çykarman, gamçylamak bolýarmy?»+ diýdi. 26 Şonda ýüzbaşy goşun serkerdesiniň ýanyna baryp: «Sen näme etjek bolýaň? Ol Rimiň raýaty ahyryn» diýdi. 27 Goşun serkerdesi bolsa Pawlusyň ýanyna baryp: «Sen Rimiň raýatymy?» diýip sorady. Ol: «Hawa» diýdi. 28 Goşun serkerdesi: «Men Rimiň raýaty bolmak üçin köp pul töledim» diýdi. Pawlus: «Men bolsa Rimiň raýaty bolup doguldym»+ diýdi.
29 Pawlusy gynap, sorag etjek bolan adamlar dessine yza çekildiler. Goşun serkerdesi Pawlusyň Rimiň raýatydygyny bilip, zynjyr bilen daňandygy üçin gorkdy+.
30 Ertesi gün goşun serkerdesi ýehudylaryň Pawlusy nämede aýyplaýandygyny bilmek üçin boşatdy. Soňra uly ruhanylary we Mejlisiň* agzalaryny çagyryp, Pawlusy olaryň öňüne eltdi+.
23 Pawlus Mejlisde* oturanlara seredip: «Adamlar, doganlar, şu wagta çenli meniň ynsabym Hudaýyň öňünde päkdir»+ diýdi. 2 Baş ruhany Ananýas ýanynda duranlara Pawlusyň agzyna urmagy buýurdy. 3 Pawlus oňa: «Eý ikiýüzli*, Hudaý seni ursun! Sen Töwrada görä höküm etmek üçin otyrsyň dälmi? Onda näme üçin meni urmagy buýrup, Töwratda aýdylanlary bozýaň?» diýdi. 4 Ýanynda duranlar: «Sen Hudaýyň baş ruhanysyna dil ýetirýäňmi?» diýdiler. 5 Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmändirin. Hudaýyň sözünde: „Halkyň baştutanyna dil ýetirme“ diýilýär»+ diýdi.
6 Pawlus oturanlaryň ýarysynyň saddukeý, galanlarynyň bolsa fariseýdigini bilip, batly ses bilen Mejlisde: «Adamlar, doganlar, men fariseýlerden+, fariseýiň ogly. Meni direlişe umyt edýändigim üçin höküm edýärler» diýdi. 7 Pawlus muny aýdanda, fariseýler bilen saddukeýler dawalaşyp başladylar we oturanlar iki topara bölündi. 8 Sebäbi saddukeýler direlişe, perişdelere we ruhlara ynanmaýardylar, emma fariseýler ynanýardylar+. 9 Şonda goh-galmagal turdy. Fariseýleriň arasyndaky käbir kanunçylar gahar-gazap bilen ýerlerinden galyp, jedelleşip başladylar. Olar: «Biz ondan hiç hili günä tapmadyk. Belki, onuň bilen ruh ýa-da perişde gepleşendir»+ diýdiler. 10 Dawa barha güýjeýärdi, goşun serkerdesi Pawlusy öldürerler öýdüp gorkdy. Ol esgerlerine Pawlusy olaryň arasyndan çekip çykarmagy we esgerleriň jaýyna alyp gitmegi buýurdy.
11 Şol gije Halypamyz Pawlusyň ýanyna gelip: «Mert bol!+ Iýerusalimde men hakda birkemsiz wagyz edişiň ýaly, Rimde-de wagyz etmelisiň»+ diýdi.
12 Ertesi daň atanda, ýehudylar dil düwşüp, Pawlusy öldürmeseler, iýip-içmejekdikleri hakda ant içdiler. 13 Ant içenleriň sany 40-dan gowrak adamdy. 14 Olar uly ruhanylaryň we ýaşulularyň ýanyna baryp: «Biz Pawlusy öldürýänçäk, hiç zat iýmeris diýip ant içdik. 15 Siz Mejlisiň agzalary bilen bilelikde goşun serkerdesiniň ýanyna baryp, Pawlusy hamala sorag etmek üçin ýanyňyza getirmegi haýyş ediň. Ol siziň ýanyňyza gelip ýetmänkä, ýolda öldüreris» diýdiler.
16 Pawlusyň ýegeni olaryň dil düwşüp, bukuda garaşjak bolýandyklaryny eşitdi. Ol esgerleriň ýanyna baryp, daýysyna habar berdi. 17 Pawlus ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Oglany goşun serkerdesiniň ýanyna elt, bir zat habar berjek bolýar» diýdi. 18 Ýüzbaşy oglany goşun serkerdesiniň ýanyna eltip: «Tussaglykda oturan Pawlus meni çagyryp, oglany ýanyňa getirmegi haýyş etdi. Ol bir zat aýtjak bolýar» diýdi. 19 Goşun serkerdesi oglanyň elinden tutup, bir çete çykaryp: «Maňa näme aýtjak bolýaň?» diýip sorady. 20 Ol: «Ýehudylar dil düwşüp, Pawlusyň işini derňän kişi bolup, ertir Mejlise getirmegi haýyş etjek bolýarlar+. 21 Siz olara ynanmaň, sebäbi 40-dan gowrak adam Pawlusa bukuda garaşýar. Olar Pawlusy öldürmesek, iýip içmeris diýip ant içdiler+. Olar siziň rugsat bermegiňize garaşyp, taýyn durlar» diýdi. 22 Goşun serkerdesi: «Maňa aýdanyňy hiç kim bilmesin» diýip, oglany ugratdy.
23 Goşun serkerdesi iki ýüzbaşyny çagyryp: «Şu gün agşam dokuzlarda* Kaýsariýa ýola düşmek üçin 200 esger, 70 atly we 200 naýzaly esgerleri taýýarlaň. 24 Pawlus hökümdar Feliksiň ýanyna sag-aman ýeter ýaly atlary hem taýýarlaň» diýdi. 25 Soňra ol şeýle hat ýazdy:
26 «Siziň alyhezretleriňiz hökümdar Feliks! Size Klawdiý Lisiýden salam bolsun. 27 Şu adamy ýehudylar öldürjek boldular. Emma onuň Rimiň raýatydygyny bilip+, esgerlerim bilen baryp, dessine halas etdim+. 28 Ony nämede aýyplaýandyklaryny bilmek üçin ýehudylaryň Mejlisine alyp bardym+. 29 Olar ony Musanyň kanunyny bozmakda aýyplaýan ekeni+. Emma ol ölüme höküm ediler ýaly ýa-da türmä basylar ýaly hiç zat etmändir. 30 Ony öldürmek üçin dil düwşendiklerini bilip+, derrew siziň ýanyňyza iberdim we ýehudylara arzyny size aýtmaklaryny tabşyrdym».
31 Esgerler tabşyrylyşy ýaly, Pawlusy+ gije Antipatrise getirdiler. 32 Ertesi gün atly esgerler Pawlus bilen ýola düşdüler, beýlekiler bolsa esgerleriň jaýyna gaýtdylar. 33 Atlylar Kaýsariýa gelip, haty hökümdara gowşurdylar, Pawlusy hem onuň ýanyna eltdiler. 34 Ol haty okap, Pawlusyň haýsy welaýatdandygyny sorady. Kilikiýadandygyny bilip+, 35 hökümdar oňa: «Seniň işiňe ýehudylar gelende serederin»+ diýdi. Soňra garawullara Pawlusy Hirodesiň köşgünde saklamagy tabşyrdy.
24 Bäş gün geçenden soň, Kaýsariýa şäherine baş ruhany Ananýas+ geldi. Onuň ýanynda birnäçe ýehudy ýaşululary we Tertulus atly dilewar adam bardy. Olar hökümdar Felikse Pawlus hakda käbir zatlary aýtmaga geldiler+. 2 Tertulusy çagyranlarynda, ol Pawlusy aýyplap, Felikse şeýle diýdi:
«Biz siziň saýaňyzda parahat ýaşaýarys. Siz öňdengörüji adam, şonuň üçin ýurt gülläp ösýär. 3 Siziň alyhezretleriňiz hökümdar Feliks! Siziň alyp barýan işleriňiz üçin çäksiz minnetdar. 4 Men siziň köp wagtyňyzy almaryn. Bize rehim edip, aýtjak sözlerimizi diňlemegi haýyş edýärin. 5 Şu adam mergi* kimin howply+ we nazaretlileriň dini toparyna*+ ýolbaşçylyk edýär. Ol ähli ýehudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan eken+. 6 Ol ybadathanany haram etjek bolanda, tussag etdik+. 7 *—— 8 Siz hem ony sorag edip görüň, biziň sözümiziň hakdygyna göz ýetirersiňiz».
9 Ýehudylar hem onuň aýdýanlaryny makullap, Pawlusy aýyplaýardylar. 10 Hökümdar başyny atyp, Pawlusa geplemäge rugsat berende, ol şeýle diýdi:
«Siz ençeme ýyl bäri halka kazylyk edýärsiňiz. Şonuň üçin men ynamly gepläp, özümi goraryn+. 11 Meniň Iýerusalime sežde etmäge gelenime 12 günden köp bolmady. Sizem sorap görüň+. 12 Olar meniň ybadathanada jedelleşip duranymy, sinagogada ýa-da şäherde märekäni aýaga galdyranymy gören däldirler. 13 Hatda maňa atan töhmetlerini subudam edip bilmezler. 14 Ýöne men nazaretlileriň dini toparyna goşulyp, ata-babalarymyň Hudaýyna mukaddes gullugy berjaý edýändigimi+ boýun alýaryn. Töwratda we Pygamberler kitabynda ähli aýdylan zatlara ynanýaryn+. 15 Men Hudaýyň dogruçyllary hem-de erbetleri+ direltmegine+ sabyrly garaşýaryn. Olar hem şoňa umyt edýärler. 16 Şonuň üçin men elmydama Hudaýyň we adamlaryň öňünde päk ynsaply bolmaga jan edýärin+. 17 Men ençeme ýyldan soň, halkyma pul kömegini bermek+ we gurbanlyk getirmek üçin Iýerusalime gelipdim. 18 Olar meniň ybadathanada däp boýunça tämizlenip duranymy gördüler+, ýöne men märekäni-de üýşürmändim, goh-galmagalam turuzmadym. Emma ybadathanada Aziýa welaýatyndan gelen käbir ýehudylar bardy. 19 Eger olaryň maňa garşy arz-şikaýaty bar bolsa, siziň ýanyňyza gelip aýtsynlar+. 20 Ýa-da Mejlisiň* öňünde duran wagtym mende nähili günä tapan bolsalar, goý, gelenler şu wagt aýtsynlar. 21 Men Mejlisiň öňünde: „Direlişe ynanýandygym üçin höküm edýärler“ diýipdim+, mundan başga hiç zat aýtmandym».
22 Feliks şu ýol+ hakda köp zady bilse-de: «Men siziň meseläňizi goşun serkerdesi Lisiý gelende çözerin» diýip, işi soňa goýdy. 23 Ol ýüzbaşa Pawlusy tussaglykda saklamagy, ýöne käbir ýeňillikleri döretmegi tabşyrdy. Feliks Pawlusyň ýanyna dost-ýarlarynyň gelmegine we aladasynyň edilmegine rugsat berdi.
24 Birnäçe gün geçensoň, Feliks ýehudy aýaly Druzila bilen geldi. Feliks Pawlusy getirdip, Isa Mesih hakda aýdanlaryny diňledi+. 25 Pawlus dogruçyllyk, özüňe erk etmeklik we höküm barada gürrüň berende+, Feliks gorkup: «Bar, häzirlikçe gidiber, wagtym bolsa çagyrdaryn» diýdi. 26 Feliks Pawlusdan pul aljak bolup, ýygy-ýygydan getirdip, gürrüňdeş bolýardy. 27 Iki ýyl geçende, Feliksiň ýerine Porkiwus Fest hökümdar boldy. Feliks bolsa ýehudylara ýaranjaňlyk edip+, Pawlusy tussaglykdan boşatmady.
25 Fest+ welaýatda hökümdarlyk edip başlanyna üç gün bolanda, Kaýsariýadan Iýerusalime geldi. 2 Uly ruhanylar we atly-abraýly ýehudylar bolsa Pawlusyň üstünden arz etdiler+. Olar Feste ýalbaryp, 3 Pawlusy Iýerusalime ibermegi haýyş etdiler. Olar Pawlusy ýolda öldürmek üçin bukuda garaşjak bolýardylar+. 4 Emma Fest Pawlusyň Kaýsariýada tussaglykda oturmalydygyny, özüniň hem tizden yzyna dolanjakdygyny aýtdy. 5 Fest: «Ol adam erbet iş eden bolsa, arz-şikaýat etmek üçin baştutanlaryňyz ýanymda gitsinler»+ diýdi.
6 Fest sekiz-on gün bolup, soňra Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün höküm kürsüsinde oturyp, Pawlusy getirmegi buýurdy. 7 Pawlusy getirenlerinde, Iýerusalimden gelen ýehudylar daşyna üýşüp, agyr günäleri ýöňkediler, ýöne hiç birini subut edip bilmediler+.
8 Pawlus bolsa özüni gorap: «Men ne ýehudylaryň Töwradyna, ne ybadathana, ne-de Sezara garşy günä etdim»+ diýdi. 9 Fest bolsa ýehudylara ýaranjak bolup+, Pawlusa: «Iýerusalime gidesiň gelýärmi? Seniň işiňe seredenlerinde, menem şol ýerde bolaryn» diýdi. 10 Pawlus: «Men Sezaryň höküm kürsüsiniň öňünde durun, şu ýerde-de maňa höküm çykarylsyn. Ýehudylara hiç hili ýamanlyk etmändigimi özüň hem gowy bilýänsiň. 11 Men ölüm jezasyna mynasyp iş eden bolsam+, ölümden gorkamok. Ýöne olar ýöňkeýän aýyplamalaryny subut edip bilmeseler, meni olaryň eline tabşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Sezara arz edýärin!»+ diýdi. 12 Fest mejlisiň agzalary bilen maslahatlaşyp, Pawlusa: «Sezara arz edýän bolsaň, Sezaryň ýanyna-da gidersiň» diýdi.
13 Birnäçe gün geçensoň, Agrippa patyşa bilen Bernika Festi görmek üçin Kaýsariýa geldiler. 14 Olar birnäçe gün bolandan soň, Fest Agrippa patyşa Pawlus hakda şeýle gürrüň berdi:
«Feliks bir adamy tussaglykda goýup gidipdir. 15 Iýerusalimdekäm uly ruhanylar we ýehudylaryň ýaşululary onuň üstünden arz edip+, jezalandyrmagy talap etdiler. 16 Emma men Rimiň kanunyna görä, ony aýyplaýanlar bilen ýüzleşdirmän we özüni goramaga mümkinçilik bermän+, höküm etmäge hiç kimiň hakynyň ýokdugyny aýtdym. 17 Olar bärik gelende, men ertesi gün derrew höküm kürsimde oturyp, ony getirmegi buýurdym. 18 Ol erbetlik edendir öýtdüm, emma ony hiç hili erbet işlerde aýyplap bilmediler+. 19 Olar öz dini we Isa diýilýän bir adam hakda dawalaşýan ekenler+. Ol adam ölüpdir, Pawlus bolsa ol direldi diýýän eken+. 20 Men olaryň näme üçin dawalaşýandygyna doly düşünmedim. Şonuň üçin Pawlusa Iýerusalime gidip, meselä şol ýerde seredilmegi teklip etdim+. 21 Emma Pawlus Awgust karar çykarýança+, bärde galdyrmagy haýyş etdi. Men hem Sezaryň ýanyna ugradýançam, bärde sakladym».
22 Agrippa patyşa Feste: «Men hem ony diňlemek isleýärin»+ diýdi. Ol: «Ertir diňläp bilersiň» diýdi. 23 Ertesi gün Agrippa bilen Bernika şan-şöhrata beslenip, goşun serkerdeleri we şäheriň abraýly adamlary bilen kazyýet jaýyna geldiler. Fest esgerlere Pawlusy getirmegi buýurdy. 24 Fest: «Eý Agrippa patyşa, eý halaýyk! Şu adamy ölüme höküm etmeli diýip, şu ýerde-de, Iýerusalimde-de ähli ýehudylar gygyryşypdylar+. 25 Ýöne men onuň ölüme mynasyp hiç zat etmändigine göz ýetirdim+. Ol Awgusta arz etdi, şonuň üçin onuň ýanyna ibermek kararyna geldim. 26 Emma men ol hakda hökümdaryma näme ýazjagymy bilmedim. Şonuň üçin ony siziň ähliňiziň, esasanam, Agrippa patyşa, siziň öňüňize çykardym. Onuň işini derňäp, soňra Awgusta ol hakda hat ýazyp bilerin. 27 Meniň pikirimçe, tussagyň nämede aýyplanýandygyny hatda görkezmän, Rime ibermek dogry bolmaz» diýdi.
26 Agrippa+ Pawlusa: «Özüňi goramak üçin söz sözlemäge rugsat berýärin» diýdi. Şonda Pawlus elini galdyryp, söze başlady:
2 «Agrippa patyşa, ýehudylar meni köp zatda aýyplaýarlar+. Ýöne men şu gün seniň öňüňde özümi gorap bilýändigime begenýärin. 3 Sen ýehudylaryň däp-dessurlaryny we olaryň dawalaryny gowy bilýänsiň. Meni sabyrly diňlemegiňi haýyş edýärin.
4 Meni çagalygymdan bäri il-günüm hem, Iýerusalimdäki ýehudylar hem gowy tanaýarlar+. 5 Olar meniň fariseý bolup+, dinimiň talaplaryna ýehudylardan hem yhlasly eýerendigimi tassyklap bilerler+. 6 Indi bolsa Hudaýyň ata-babalarymyza beren wadasyna umyt edýändigim üçin+ höküm edýärler. 7 Halkymyzyň 12 taýpasy gije-gündiz mukaddes gullugy yhlasly berjaý edip, Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetmegine umyt edýärler. Siziň alyhezretleriňiz, ýehudylar meni Hudaýyň wadasyna umyt edýändigim üçin aýyplaýarlar+.
8 Siz näme üçin Hudaýyň ölen adamlary direldip biljegine ynanmaýarsyňyz? 9 Men hem öň nazaretli Isa garşy çykmagy dogry hasaplaýardym. 10 Iýerusalimde-de oňa garşy köp zat edipdim. Men uly ruhanylardan rugsat alyp+, köp şägirtleri* türmä basdym+. Olara jeza berenlerinde makullapdym. 11 Köplenç sinagogalara aýlanyp, olara jeza berýärdim, imanyndan dändirjek bolýardym. Men gahar-gazapdan dolup, olary başga şäherlerde-de yzarlapdym.
12 Men uly ruhanylardan rugsat hatyny alyp, Damasga barýardym. 13 Siziň alyhezretleriňiz, ýolda barýarkam, gündiziň günortany gökden gün şöhlesindenem güýçli ýagtylyk düşüp, daş-töweregimizi ýagtyltdy+. 14 Ählimiz ýere ýykyldyk, şonda men ýewreý dilinde: „Sawul, Sawul, meni näme üçin yzarlaýaň? Sen çopanyň taýagyny* depýän öküz ýaly özüňe zyýan ýetirýäň“ diýen ses eşitdim. 15 Men oňa: „Agam, sen kim?“ diýdim. Halypamyz maňa: „Men seniň yzarlaýan Isaň. 16 Ýeriňden tur, seni gulluk etmäge saýladym. Sen men hakda we görüp-eşidenleriň hakda wagyz etmelisiň+. 17 Men seni ýehudylaryň we başga halklaryň arasyna iberýärin+. Seni olaryň elinden halas ederin. 18 Men olaryň gözleriniň açylmagy+, garaňkylykdan+ ýagtylyga çykmagy+ we Şeýtanyň golastyndan azat bolup+, Hudaýa dolanmaklary üçin seni iberýärin. Şeýlelikde, maňa iman edenleriň günäleri bagyşlanar+ we mukaddesler bilen bile mirasa eýe bolarlar“ diýdi.
19 Eý Agrippa patyşa, men gökden eşidilen sese gulak asdym. 20 Ilki Damasga+, soňra Iýerusalime+, bütin Ýahuda ýurduna we başga halklara aýlanyp çykdym. Olary toba edip, Hudaýa dolanmaga we şoňa laýyk işleri etmäge çagyrdym+. 21 Şonuň üçin hem ýehudylar meni ybadathanada tussag edip, öldürjek boldular+. 22 Emma men Hudaýyň kömegi bilen, şu güne çenli uludan-kiçä, ähli adamlara hoş habary wagyz edýärin. Men olara Musa bilen beýleki pygamberleriň sözünden başga hiç zat aýtmadym+. 23 Mesihiň görgi görüp ölmelidigi+ we ilkinji bolup direlmelidigi+, onuň ýehudylara hem-de başga halklara wagyz edip, nur saçýandygy hakda aýdýardym»+.
24 Pawlus gürrüň berip durka, Fest: «Pawlus, sen däliräpsiň! Köp okap akylyňdan azaşypsyň» diýip gygyrdy. 25 Emma Pawlus şeýle diýdi: «Siziň alyhezretleriňiz hökümdar Fest! Men dälirämok, men hakykaty we akylly-paýhasly sözleri aýdýaryn. 26 Patyşa-da muny gowy bilýär, şonuň üçin hem arkaýyn gepleýärin. Onuň ähli zatdan habary bardyr, hiç zat gizlin däldir+. 27 Eý Agrippa patyşa, pygamberleriň sözlerine ynanýaňyzmy? Ynanýandygyňyzy bilýärin». 28 Agrippa patyşa: «Biraz wagtdan meni-de mesihçi edersiň» diýdi. 29 Pawlus: «Alladan diňe siziň däl, şu oturanlaryň hem haçanam bolsa bir gün meniň ýaly bolmagyny dileýärin. Ýöne zynjyr bilen baglanmagyny islemeýärin» diýdi.
30 Patyşa ýerinden turanda, hökümdar Fest, Bernika we oturanlaryň ählisi ýerinden turdular. 31 Olar çykyp barýarkalar biri-birine: «Ol ölüme höküm ediler ýaly ýa-da türmä basylar ýaly iş etmändir»+ diýişdiler. 32 Agrippa Feste: «Sezara arz etmedik bolsa, azat etse-de bolardy»+ diýdi.
27 Fest bizi gämili Italiýa ibermek kararyna geldi+. Pawlusy we başga-da käbir tussaglary Awgustyň goşunynyň ýüzbaşysy Ýuliýiň eline tabşyrdylar. 2 Biz Adramitde gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenarýakalaryndan geçip gitdik. Selanikde ýaşaýan makedoniýaly Aristarhus+ hem biziň ýanymyzdady. 3 Ertesi gün Sidona bardyk. Ýüzbaşy Ýuliý adamkärçilik edip, Pawlusa dostlary kömek etsin diýip, olaryň ýanyna gitmäge rugsat berdi.
4 Ol ýerden gämä mündük. Ýele garşy ýüzmeli bolansoň, Kipriň kenarýakasy bilen gitdik. 5 Soňra deňziň üsti bilen Kilikiýadan we Pamfiliýadan geçip, Likiýadaky Mira gämi duralgasyna bardyk. 6 Ýüzbaşy Ýuliý Aleksandriýadan Italiýa gidýän gämini tapyp, bizi mündürdi. 7 Ençeme günläp ýuwaşlyk bilen ýüzüp, zordan Knida ýetdik. Güýçli ýel turansoň, Krit adasyndaky Salmonanyň golaýyndan ýüzüp geçdik. 8 Kenary ýakalap, zordan Laseýa şäheriniň golaýyndaky Gözel duralgalar diýen ýere geldik.
9 Aradan ep-esli wagt geçipdi. Hatda Günä geçilýän günüň+ agyz beklemek döwri hem tamamlanypdy. Deňizde ýüzmek howply bolandygy üçin Pawlus olara: 10 «Adamlar, ýolumyzy dowam etsek zyýan çekeris. Diňe ýükümize we gämimize zyýan ýetmän, özümiz hem heläk bolarys» diýip maslahat berdi. 11 Emma ýüzbaşy Pawlusy diňlemän, gäminiň eýesine we sürüjisine gulak asdy. 12 Ýöne gämi duralgasynda gyşy geçirmäge amatly şertler hem ýokdy. Şol sebäpli adamlaryň köpüsi her zat edip, Kritiň demirgazyk-gündogar we günorta-gündogaryna bakyp duran Feniks gämi duralgasyna baryp, gyşy şol ýerde geçirmeli diýýärdiler.
13 Günorta tarapdan ýuwaşlyk bilen şemal öwsende, olar Finikse baryp ýeteris öýdüp, labyrlary çekip aldylar we Kritiň kenarýakasy bilen ýola düşdüler. 14 Ýöne biraz wagtdan demirgazyk-gündogardan güýçli ýel* turdy. 15 Ýel şeýle bir güýçlüdi welin, ýele garşy ýüzmek başartmansoň, ýeliň ugruna ýüzmeli bolduk. 16 Soňra Klawda diýilýän kiçiräk adanyň kenary bilen ýüzdük, emma gäminiň yzyndaky gaýygy* zordan saklaýardyk. 17 Şonda olar gaýygy ýokaryk galdyryp, bölek-bölek bolmaz ýaly daňyşdyrdylar. Sirtde* suwuň ýalpak ýerine düşmejek bolup, ýelkenleri aşak goýberip, ýeliň ugruna ýüzüp gitdiler. 18 Ýel barha güýjeýärdi, gämi bolsa eýläk-beýläk kowlup ýördi. Şonuň üçin olar ertesi gün gäminiň ýüküni zyňyp başladylar. 19 Üçünji gün bolsa gäminiň käbir enjamlaryny zyňdylar.
20 Biz ençeme günläp Güni we ýyldyzlary görmedik. Ýel hiç ýatmansoň, halas bolmak umydymyzy-da üzdük. 21 Gämidäki adamlar köp wagt bäri iýip-içmänsoňlar, Pawlus ýerinden turup: «Adamlar, meni diňläp, Kritde galan bolsaňyz, şunça zyýan çekmezdiňiz+. 22 Ýöne mert boluň, ähliňiz halas bolarsyňyz, diňe gämi çym-pytrak bolar. 23 Geçen gije meniň sežde edýän we gulluk edýän Hudaýym perişdesini iberip+: 24 „Gorkma, Pawlus! Sen hökman Sezaryň öňünde durarsyň+. Hudaý gämidäkileriň ählisini halas eder“ diýdi. 25 Şonuň üçin mert boluň, Hudaý hökman sözünde durar. 26 Gämi bolsa bir adada weýran bolar»+ diýdi.
27 On dört gün geçdi, güýçli ýel bizi Adryýa deňzinde eýläk-beýläk kowup ýördi. Deňizçiler ýarygije gury ýere golaýlandyklaryny aňdylar. 28 Olar suwuň çuňlugyny ölçänlerinde, takmynan 36 metr* çykdy, ýene biraz ýüzüp ölçänlerinde, takmynan 27 metr* ekeni. 29 Olar gaýa urulmakdan gorkup, dört labyry-da zyňdylar we daň atmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. 30 Emma deňizçiler labyrlary zyňmak bahanasy bilen gaýygy deňze düşürip gaçjak boldular. 31 Pawlus hem ýüzbaşa we esgerlere: «Olar gämiden düşse, halas bolmarsyňyz»+ diýdi. 32 Şonda esgerler gaýygyň ýüplerini kesip, deňze zyňdylar.
33 Daň atanda, Pawlus hemmeleri bir döwüm çörek iýmäge çagyryp: «Siz alada edip, 14 gün bäri hiç zat iýeňizok. 34 Haýyş edýärin, biraz iýip içiň. Arkaýyn boluň, saçyňyzyň ýekeje tary-da gaçmaz» diýdi. 35 Pawlus çörek alyp, hemmeleriň öňünde Hudaýa minnetdarlyk aýtdy we çöregi bölüp iýip başlady. 36 Şeýlelikde, olaryň hemmesi ruhlanyp, çörek iýip başladylar. 37 Gämide 276 adam bardy. 38 Olar garnyny doýranlarynda, gämidäki bugdaýy deňze zyňyp, gäminiň ýüküni ýeňledip başladylar+.
39 Daň atanda, olar kiçiräk aýlagly kenar gördüler, ýöne nirä gelenlerini bilmediler+. Olar gämini kenara çykarjak boldular. 40 Şonuň üçin labyrlaryň ýüplerini kesdiler, kürekleriň ýüpüni çözüp, öňdäki ýelkeni ýokaryk galdyrdylar we kenara tarap ýüzdüler. 41 Deňiz tolkunlary gämini her tarapdan uransoň, ol suwuň ýalpak ýerine baryp durdy we gäminiň burny batyp galdy. Tolkunlaryň zarbyna gämi bölek-bölek bolup başlady+. 42 Esgerler tussaglaryň hiç biri ýüzüp gaçmaz ýaly, olary öldürjek boldular. 43 Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek üçin, olara rugsat bermedi. Ol ýüzüp bilýänlere deňze böküp, kenara ýüzmegi buýurdy. 44 Galanlaryna bolsa tagtalara we gäminiň döwlen böleklerine ýapyşyp, olaryň yzyndan ýüzmegi tabşyrdy. Şeýlelikde, hemmeler halas boldy+.
28 Biz sag-aman kenara çykanymyzda, Malta adasyna+ gelendigimizi bildik. 2 Adanyň ýaşaýjylary adamkärçilikli eken. Olar biziň hemmämizi mähirli garşylap, ýylnar ýaly ot ýakdylar, sebäbi howa sowukdy, ýagyş hem ýagyp durdy. 3 Pawlus çöpläp getiren odunlaryny oda taşlanda, ondan zäherli ýylan çykyp, Pawlusyň eline ýapyşdy. 4 Ýerli halk Pawlusyň eline ýylanyň ýapyşandygyny görüp: «Ol ganhor bolmaly. Deňizden sag-aman çyksa-da, Adalatyň* elinden halas bolup bilmedi» diýişdiler. 5 Emma Pawlus elini silkip, ýylany oda atdy, özüne bolsa zyýan ýetmedi. 6 Adamlar onuň eli çişip, tarpa-taýyn öler öýtdüler. Köp wagt geçdi, ýöne Pawlusa hiç zat bolmansoň, pikirini üýtgedip, ony taňry hasapladylar.
7 Şol töwerekde adanyň häkimi Publiwusyň mellegi bardy. Ol bizi güler ýüz bilen garşylap, üç gün myhman aldy. 8 Publiwusyň kakasy içgeçme keselinden ejir çekip, gyzgyny galyp ýatyrdy. Pawlus onuň ýanyna baryp, doga etdi-de, elini üstünde goýup sagaltdy+. 9 Şondan soň adadaky keselli adamlaryň ählisi Pawlusyň ýanyna gelip başladylar. Pawlus hem olary sagaldýardy+. 10 Olar sylag-hormat edip, sowgatlar getirdiler, ýola düşenimizde bolsa gerek zatlarymyzy berdiler.
11 Üç aýdan soň, biz Aleksandriýadan gelen we gyşy adada geçiren gämä mündük. Gäminiň burnunda Zewsiň ogullarynyň şekili bardy. 12 Sirakuza gämi duralgasyna baryp, üç gün bolduk. 13 Soňra Regiýe ýüzüp geldik. Ertesi günorta tarapdan mylaýym şemal öwüsdi we bir gün geçensoň Putola bardyk. 14 Ol ýerde biz doganlar bilen görüşdik. Olar bizden ýedi gün myhman bolmagy haýyş etdiler. Şeýdip, biz Rime golaýladyk. 15 Rimdäki doganlar gelenimizi eşidip, garşylamak üçin Appiýus bazaryna we Üç myhmanhana diýlen ýere geldiler. Pawlus doganlary görüp ruhlandy we Hudaýa minnetdarlyk aýtdy+. 16 Rime gelenimizde, Pawlusa kireýne alan jaýynda ýaşamaga rugsat berdiler, ony bir esger garawullaýardy.
17 Üç gün geçende, Pawlus ýehudylaryň abraýly adamlaryny ýanyna çagyrdy. Olar ýygnanyşanda, Pawlus: «Adamlar, doganlar, halkymyza ýa-da ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna garşy hiç zat etmesem-de+, meni Iýerusalimde tussag edip, rimlileriň eline tabşyrdylar+. 18 Olar işimi derňänlerinde+, ölüme mynasyp hiç zat etmändigimi bilip, boşatjak boldular+. 19 Emma ýehudylar muňa garşy çykanlarynda, Sezara arz etmeli boldum+. Ýöne men halkymy günäkärlejek bolmadym. 20 Şonuň üçin men siziň bilen görşüp, gürrüňdeş bolmagy haýyş etdim. Meni ysraýyl halkynyň umyt edýän zady üçin zynjyr bilen bagladylar»+ diýdi. 21 Olar: «Bize Ýahudadan hiç hili hat gelmedi. Ol ýerden gelen doganlar sen hakda hiç hili habaram bermediler, erbet zadam aýtmadylar. 22 Emma biz ähli zady seniň öz agzyňdan eşitsek gowy bolar. Sebäbi hemme ýerde şu dini topara*+ garşy çykýandyklaryny eşitdik»+ diýdiler.
23 Şonda olar Pawlus bilen ýene-de görüşmek üçin bir gün bellediler. Olar Pawlusyň bolýan jaýyna öňküden-de has köp adam bolup geldiler. Pawlus bolan wakalary gürrüň berip, ertirden tä agşama çenli Hudaýyň Patyşalygy barada birkemsiz wagyz etdi. Musanyň kanunyna+ hem-de Pygamberler kitabyna+ salgylanyp, Isa hakda ynandyryjy delilleri getirýärdi+. 24 Onuň aýdanlaryna käbirleri ynansa, käbirleri ynanmadylar. 25 Olar biri-biri bilen ylalaşmansoňlar, Pawlusyň ýanyndan gitdiler. Pawlus bolsa şeýle diýdi:
«Mukaddes ruhuň Işaýa pygamber arkaly ata-babalaryňyza aýdan sözleri dogry eken: 26 „Halkyň ýanyna baryp, şeýle diý: „Siz eşidersiňiz, ýöne düşünmersiňiz; siz seredersiňiz, ýöne hiç zat görmersiňiz+. 27 Halkyň ýüregi gatapdyr, gulagy agyrlaşypdyr, gözleri gapylypdyr. Şol sebäpli olaryň gulagy eşitmeýär, gözi görmeýär, akyl ýetirip bilmeýär we maňa dolanmaýar, ýogsam olary sagaldardym“+. 28 Bilip goýuň, Hudaý başga halklara-da gutulyşy yglan edýär+. Olar hökman gulak asarlar»+. 29 *——
30 Pawlus iki ýyllap kireýne alan jaýynda ýaşady+. Ol gelýän adamlary mähirli garşylap, 31 olara Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi hem-de Halypamyz Isa hakda batyrgaý öwredýärdi+. Pawlusa hiç zat päsgel bermeýärdi.
Sözme-söz: üçünji sagat.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: tanapyndan.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: bilinden önen.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: zatlaryny paýlaşýardylar.
Ýa-da: Hudaýa hormat goýup.
Sözme-söz: dokuzynjy sagatda.
Sözme-söz: Ýehowanyň ýüzünden rahatlyk gelip.
Sözme-söz: tohumyň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: hiç bir at.
Dini mekdepde okamandyklary göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Mesihine. Sözlüge serediň: Saýlanmak.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ýygnak.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýagşylygy.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: Yshak ony sünnetledi.
Ýa-da: Hudaýyň nazarynda owadandy.
Sözme-söz: gulagyňyz we ýüregiňiz sünnetsiz.
Sözme-söz: ölüm ukusyna gitdi.
Başga manysy: Samariýanyň bir şäherine.
Sözme-söz: Kandakisiniň. Efiopiýanyň aýal patyşasynyň tituly.
Sözme-söz: agta. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: guralym.
Sözme-söz: balygyň teňňesi gaçan.
Sözme-söz: mukaddesleriň.
Sözme-söz: şägirt.
Grekçe Dorka we arameýçe Tawita keýik diýmegi aňladýar.
Sözme-söz: mukaddesleri.
Ýa-da: kogortasynyň. Rimiň 600 esgerden ybarat goşun bölümi.
Sözme-söz: dokuzynjy sagat töweregi.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: altynjy sagat.
Sözme-söz: takmynan dokuzynjy sagatda.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: höküm etmek üçin halkyň öňüne çykarmakçydy.
Ýa-da: aýakgabyňy; köwşüňi.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: prokonsuly. Sözlüge serediň.
Ýa-da: adyl ýollaryny haçana çenli ýoýjak?
Sözlüge serediň.
Ýa-da: diýip, şaýatlyk etdi.
Ýa-da: aýakgabynyň; köwşüniň.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Ýa-da: damakgany çykarylmadyk.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: damakgany çykarylmadyk.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Başga manysy: nähili bolaýanda-da.
Ýa-da: biri-birine gaharlanyp, çekeleşdiler.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: bilgiçdi. Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýuwdy.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: pikir alyşdy.
Ýa-da: pikir alyşýardy.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: taňrylardan gorkýan.
Ýa-da: nadanlygyna.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: pikir alyşýardy.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: prokonsulyka. Sözlüge serediň.
Ýa-da: kiçeltdi.
Ýa-da: pikir alyşdy.
Iýerusalime baran bolmaly.
Aýal taňry göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: prokonsulyň. Sözlüge serediň.
Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.
Ýa-da: pikirimde pesgöwünlilik.
Ýa-da: çopan.
Ýa-da: ýagşy.
Ýa-da: gowşatjak bolýaňyz?
Sözme-söz: diýip dymdyk.
Ýa-da: damakgany çykarylmadyk.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: agardylan diwar.
Sözme-söz: üçünji sagatda.
Ýa-da: ýokanç kesel.
Ýa-da: sektasyna. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: mukaddesleri.
Sözlüge serediň.
Grekçe «Ewrakilon».
Halas bolmak üçin ulanylýan kiçi gaýyk.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: 20 gulaç. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: 15 gulaç. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Adalatly jeza berýän ýa-da ar alýan aýal taňrysy göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.