«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin gollanma
MAÝ 1—7
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
it Anatot
Ýermeýa pygamber Anatotda doguldy, ýöne onuň dogduk şäheriniň ýaşaýjylary ony kabul etmediler we hatda oňa Ýehowanyň habaryny aýdýandygy üçin öldürjek bolup haýbat atýardylar (Ýer. 1:1; 11:21—23; 29:27). Ahyrynda Ýehowa bu şähere betbagtlyk iberjekdigini aýtdy we bu-da wawylonlylar bu ýerini derbi dagan edenlerinde ýerine ýetdi (Ýer. 11:21—23). Iýerusalim ýykylmazyndan öň Ýermeýa öz kanuny hukugyny ulanyp, Anatotda ýer satyn aldy we bu hem ýesirlikde galan ysraýylyň yzyna dolanjakdygyny aňladýardy (Ýer. 32:7—9). Zerubabyl bilen watanyna dolanan ysraýylyň ilkinji toparynyň içinde 128 sany adam Anatotdandy; mundan başga-da Anatot Ýermeýanyň amala aşan pygamberligindäki ýaşalyp başlanjak şäherleriň arasynda agzalýar (Ezra 2:23; Neh 7:27; 11:32).
jr sah. 152, abz. 22, 23
«Ol Meni tanaýanlygy üçin şeýle hereket etmedimmi näme?»
22 Haçan-da seniň göwnüňe oýlanşyksyz sözler ýa-da hereketler bilen degenlerinde, Ýehowadan görelde alýarmyň? Eger-de kim bagyşlasa, Hudaý hem ony «saplajakdygyny» aýdýar. (Ýermeýa 33:8 okaň.) Ýehowa toba eden adamyň günälerini ýatdan çykaryp saplaýar we ol oňa öz gullugyny arassa sahypadan başlamaga rugsat berýär. Elbetde, Hudaýyň şeýle bagyşlamagy adamyň miras alan bikämilliginden saplanyp günäsiz bolandygyny aňladmaýar. Hudaýyň adamlary saplaýşynda biz üçin bir gowy sapak bar. Bize öýkäni ýatdan çykarmagy öwrenmeli we göçme manyda aýdanyňda, göwnümize degen adama bolan garaýşymyzy «saplamaly».
23 Göz öňüne getir, saňa bir gadymy küýze miras galdy. Sen onda tozan we hapa yzlaryny görseň zyňyp goýberersiňmi? Ýok. Gaýtam sen ony seresaplyk bilen ähli hapa yzlaryny aýyrýançaň arassalarsyň. Ol gymmatly zat bolany üçin, sen ony görünýän ýerde goýup, ondan her kim görüp lezzet almagyny islärsiň. Edil şonuň ýaly hem dogan ýa-da uýa sebäpli dörän gaharyňy we öýkäňi ýüregiňden aýyrmaly.. Ýüregiňe ýara salan sözleri we hereketleri ýadyňdan çykarjak bolup jan et. Bagyşlan adamyň eden hereketini ýatdan çykarmak bilen sen oňa bolan garaýşyňy «saplaýarsyň» we ýüregiňden onuň eden hereketini öçürýärsiň. Ýüregiňi saplap we göwnüňe degen adama bolan gaharyňy ýatdan çykaryp, sen onuň bilen hemeşelik ýitirdim diýip pikir eden dostlukly gatnaşygyňy dikeldip bilýärsiň.
Ruhy dürdäneri agtaryň
jr sah. 173, abz. 10 Täze äht we sen
10 Ýermeýa pygamber gelejekgi Mesihe Dawudyň «mirasdüşeri» diýip atlandyrdy. Gadymy ýewreý dilinde getirilen «mirasdüşer» sözi göni manyda «baldak» ýa-da «pudak» diýmegi aňladýar. Gör, nähili ýerlikli deňeşdirme! Ýermeýa Dawut patyşanyň nesil agajynyň çapylandygyny öz gözleri bilen görüpdi. Emma agajyň düýbi guramady. Wagt geçdi we Dawudyň neslinden Isa doguldy. Oňa Hudaýyň öňündäki gymmatly häsiýeti görkezmek üçin «Ýehowa biziň dogrulygymyz» diýip atlandyrsak bolar. (Ýermeýa 23:5, 6 okaň.) Ýehowa öz ýeke-täk Ogluny ýerde synaglardan we ölümden geçmegi üçin ýol berdi. Şondan soň Hudaý öz adalatly kanunyny ulanyp, «mirasdüşeriň» beren töleg gurbany esasyndabagyşlap bilýärdi (Ýer. 33:15). Netijede, käbir adamlar «ýaşaýyş üçin dogry» hasaplanyp, mukaddes ruh arkaly mesh edilýär we täze ähtiň agzasy bolup bilýär. Ol ýene-de gönümel onuň agzasy bolmadyk başgalara-da bereketleri getirýär, bu-da Hudaýyň dogrulygy gymmat saýýandygyny ýene bir gezek görkezýär (Rim. 5:18).
MAÝ 8—14
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
it Sidkiýa
Käbir wakalar Sidkiýanyň durnuksyz, gowşak adam bolandygyny görkezýär. Meselem, Ýermeýa pygamberiň aýdýan sözleri esgerleriň söweşmek islegini gaçyranda, ýolbaşçylar pygamberi öldürmäge Sidkiýadan rugsat soraýarlar. Şonda ol: «Ine ol siziň eliňizde, patyşa size garşy hiç bir zat edip bilmez» diýdi. Emma soňra Sidikiýa Ebetmelegiň Ýermeýany boşatmak baradaky haýyşyny kanagatlandyrdy, hatda ýany bilen 30 adamy almaga rugsat berdi. Biraz wagtdan soň, Sidkiýa ýene-de Ýermeýa bilen ýekelikde duşuşýar. Ol pygamberi öldürmejekdigine we öldürmek isleýänleriň eline bermejekdigine ynandyrdy. Sidkiýanyň özi bolsa wawylonlylaryň tarapyna geçen ýehudylaryň hüjüminden gorkýardy, şol sebäpli Ýermeýanyň Hudaý tarapyndan aýdan maslahatyna, ýagny Wawylon ýolbaşçylaryna tabyn bolmaly diýen tabşyrygyna eýermeýärdi. Gorkydan ýaňa patyşa Ýermeýadan olaryň gürrüňini şübheli ýolbaşçylardan gizlin saklamagy haýyş edýär (Ýer. 38:1—28).
Ol özüne gulluk edýänleriň ählisini patalaýar
Ebetmelek kim bolupdy? Wakalardan görnüşi ýaly, ol ýahuda patyşasy Sidkiýanyň howlusynda gulluk edýärdi. Ol ýahuda patyşalygynyň biwepa ýaşaýjylaryna golaýlaşyp gelýän weýrançylyk hakda pygamberlik eden Ýermeýanyň döwründe ýaşaýardy. Ebetmelegi zalym ýolbaşçylar gurşap alsa-da ol hudaýhon adamdy we Ýermeýa çuňňur hormat goýýardy. Ýolbaşçylar ýalan aýyplama bilen Ýermeýany günäkärlänlerinde we ony hapadan doly guýa taşlap ölmegini islänlerinde, onuň gowy häsiýetleri synalýar (Ýermeýa 38:4—6). Ebetmelek özüni nähili alyp bardy?
Ebetmelek ýolbaşçylaryň ar almagyndan gorkman, mertlik we gaýduwsyzlyk bilen hereket etdi. Ol Sidkiýa Ýermeýa bilen adalatsyz hereket edilendigini açyk aýtdy. Mümkin, ol dil düwşenleri görkezip patyşa şeýle diýdi: «Bu adamlar Ýermeýa pygambere ... pislik etdiler» (Ýermeýa 38:9). Ebetmelek Ýermeýany goýbermegi üçin Sidkiýa patyşany yryp, we onuň tabşyryşyna görä 30 adamy alyp Ýermeýa pygamberi halas etmäge gidýär.
Ol özüne gulluk edýänleriň ählisini patalaýar
Bu wakada Ebetmelegiň ýene bir gowy häsiýeti, ýagny ýagşylyk etmek islegi görünýär. Ol «ýyrtyk eginbaşlary, köne-söne esgileri alyp, ýüp bilen guýynyň içine Ýermeýa sallady». Näme üçin? Sebäbi ony guýudan ýokaryk çykaranlarynda, Ýermeýa olary goltygynyň aşagyna goýar ýaly we ýüpler goltygyny kesmez ýalydy (Ýermeýa 38:11—13).
Ruhy dürdänleri agtaryň
it Rekablylar
Rekablylaryň sylaşykly tabyn bolmaklary Ýehowany begendirdi. Olaryň ýerdäki atalarynyň tabşyrygyny kemsiz ýerine ýetirmegi, ýehudynyň ýaşaýjylarynyň öz Ýaradyjysyna boýun egmezliginden dübinden tapawutlanýar (Ýer. 35:12—16). Hudaý rekaplara sylag hökmünde şuny wada berdi: «Rekabyň ogly Ýonadabyň neslinden Meniň huzurymda hyzmat etjek adamlaryň sany hiç wagt kemelmez» (Ýer. 35:19).
w98 15/1 sah. 18, abz. 16, 17
Hudaýyň huzurynda gezmegiňizi dowam ediň
16 Ýehowa söýgi bilen Mesihi Patyşalygyň adamlara nähili ýeňňillikleri getirjekdigini ynam bilen aýdýar (Zeb. 71:1—4, 16; Iş. 25:7, 8). Ol şeýle-de şu wagtky durmuşda bolýan kynçylyklary çözmäge kömek etmek bilen durmuşda nämäniň wajypdygyny görkezýär (Mat. 4:4; 6:25—34). Ýehowa bize geçmişdäki gullukçylaryna nädip kömek eden bolsa şu wagt hem şony etjekdigini wada berýär (Ýer. 37:21; Ýak. 5:11). Hudaý wepaly gullukçylary nähili erbetlige duş gelseler-de olary söýmegini bes etmejekdigini aýdyp, berkidýär (Rim. 8:35—39). Oňa bil baglaýanlara Ýehowa şeýle wada berýär: «Hiç haçan terk etmerin, seni asla taşlamaryn» (Ýew. 13:5).
17 Bu sözler hakyky mesihçileri mundan beýläk hem Hudaýyň huzurynda ýöremäge we bu dünýäniň tarapyna geçmezlige kömek edýär. Köp şäherleriň arasynda garyp ýaşaýanlaryň şeýle pikirleri giňden ýaýran, ýagny öz maşgalasyny eklemek üçin barly adamlaryň zadyny özüňe almak bu ogrulyk däl. Ýöne iman bilen ýöreýän adam bu garaýşy kabul etmeýär. Olar üçin Hudaýyň razylygyny gazanmak durmuşda iň wajyp zat we olaryň dogrulygyny Ýehowanyň patalajakdygyna umyt edýärler (Sül. tym. 30:8, 9; 1 Kor. 10:13; Ýew. 13:18). Hindistanly bir dul aýal şeýle netijä geldi, ýagny kynçylyk bilen göreşmäge zähmetsöýerlik we ugurtapyjylyk kömek edýär. Ol öz kyn durmuşyna zeýrenmegiň deregine, Hudaýyň Patyşalygyny we onuň dogrylygyny durmuşda wajyp ýerde goýsa, özini we ogluny eklemek üçin iň wajyp zatlar bilen Ýehowanyň üpjin etjekdigine we tagallasyny patalajakdygyna düşünipdir (Mat. 6:33, 34). Bütin dünýädäki müňlerçe adamlar olar üçin nähili kynçylyga duş gelseler-de, Ýehowanyň pena we gorag bolup galýandygyny görkezýärler (Zeb. 90:2). Siz hem özüňiz barada şeýle diýip bilersiňizmi?
w95 1/8 sah. 5, abz. 5, 6
Gowy günler öňümizde
Soňra Babyl patyşasy pitneçi Iýerusalime gelende, ol ýeriň halky «çöreklerini gorky içinde bellenen agramda iýmeli» boldylar (Ez. 4:16). Ýagdaý şeýle bir erbetleşdi welin, hatda käbir aýallar öz çagalaryny iýmeli boldylar (Ýerag 2:20). Ýermeýa pygamberi wagyz edeni üçin tussag etseler-de, Ýehowa «şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa (Ýermeýa) çörekçileriň köçelerinden bir çörek getirip bermekleriniň» aladasyny etdi (Ýer. 37:21).
Haçanda harmanda çörek gutaranda, Ýehowa Ýermeýany ýatdan çykardymy? Ýok, sebäbi babyllylar şäheri basyp alanda, olar Ýermeýa pygambere «azyk-owkat we peşgeşler berip, ony ýola saldylar» (Ýer. 40:5, 6; şeýlede Zeb. 37:25 seret).
MAÝ 15—21
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
it Sidkiýa
Iýerusalimiň ýykylmagy. Şeýlelikde, b. e. öň 607-nji ýylda, «Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň, dördünji aýynyň, dokuzynjy güni» Iýerusalimiň diwarlary böwsüldi. Agşamara patyşa we esgerler gaçyp gitdiler. Ýeriho düzlüginde olaryň yzlaryndan ýetip, Sidkiýany Ribla galasyna Nebukadnesaryň ýanyna getirdiler. Sidkiýanyň ogullaryny öz gözüniň alnynda öldürdiler. Şol wagt ol 32 ýaşyndady, şol sebäpli ogullary entek kiçi bolan bolmaly. Şondan soň öz ogullarynyň ölümini gören Sidkiýanyň gözlerini oýdurdy, ony zynjyr bilen daňyp, Babyla alyp gitdiler, şol ýerde goragçynyň öýünde ol öldi (2 Pat. 25:2—7; Ýer. 39:2—7; 44:30; 52:6—11; deň. Ýer. 24:8—10; Ezek. 12:11—16; 21:25—27).
Ol özüne gulluk edýänleriň ählisini patalaýar
Ýehowa Ebetmelegiň näme edendigini gördi. Ol onuň eden işini gymmat saýdymy? Ýermeýa arkaly Ýehowa Ebetmelege ýahudanyň hökman ýok ediljekdigini aýdýar. Bir alymyň aýtmagyna görä, Hudaý oňa «halas boljakdygy barada bäş esse kepil» berdi. Ýehowa ony ynandyryp: «Ol gün men seni halas ederin... sen gorkup ýören adamlaryň eline düşmersiň... Men seni hökman halas ederin. Sen gylyçdan ölmersiň, sen öz janyňy gutaryp aman galarsyň». Näme üçin Hudaý muny Ebetmelege wada berdi? Ýehowa şeýle düşündirdi: «Maňa bil baglandygyň üçin» (Ýer. 39:16—18). Hudaý Ebetmelegiň diňe Ýermeýanyň aladasyny edýänligi üçin däl-de, Oňa bil baglalaýdygyny we ynanýandygyny bilýärdi.
it Nebuzaradon
Nebukadnesaryň buýrugy boýunça Nebuzaradon Ýermeýany boşatdy. Onuň bilen sylaşykly gürleşip, nirä gitmek isleýändigini çözmäge özüne rugsat berdi we ýanyna iýmit salyp, aladasyny etjekdigini aýtdy. Mundan başga-da, Nebuzaradon wawylon patyşasyndan alan ygtyýary bilen ýahudada galanlaryň üstünden Gedalýany belledi (2 Pat. 25:22; Ýer. 39:11—14; 40:1—7; 41:10). Takmynan bäş ýyldan soň, b. e.öň 602-nji ýylda Nebuzaradon goňşy ýerlere gaçyp giden ýehudylaryň toparyny ýene-de ýesirlige äkidýär (Ýer. 52:30).
Ruhy dürdänleri agtaryň
w03 1/5 sah. 10, abz. 10
Sen «Ýehowa nirede?» diýip soraýarsyňmy
10 Iýerusalim weýran edilenden soň wawylon goşyny ýehudy ýesirlerini alyp gitdiler, Ýohanan bolsa Ýahudada galan biraz adamlary Müsüre äkitmekçi boldy. Olar gitmäge taýýar bolanlarynda, Ýermeýadan Ýehowa doga etmegini we görkezme soramagyny haýyş etdiler. Emma öz isleýişleri ýaly jogap almandyklary üçin olar Ýehowanyň sözüni terk edip, öz bilişleri ýaly hereket etdiler (Ýer. 41:16—43:7). Bu wakadan sen Ýehowany gözläniňde ony tapmak üçin näme etmelidigini görüp bilýärsiňmi?
it Hronoligiýa
Iýerusalimiň soňky gabawy Sidkiýanyň şalygynyň 9-njy ýylynda başlapdy (b. e.öň 609), onuň şalygynyň 11-nji ýylynda bolsa (b. e.öň 607) şäher basylyp alyndy, bu hem Nebukadnesaryň şalygynyň 19-njy ýylyna gabat gelýär (b. e.öň 625-nji ýylda tagta çykanyndan hasaba alsaň) (2 Pat. 25:1—8). Şol ýylyň bäşinji aýynda (awe aýynda, iýul-awgusta gabat gelýär) şäher otlandy, diwarlar ýykyldy we ýaşaýjylaryň köpüsi ýesirlige äkidildi. Emma «şol ýeriň käbir sada halkyna» galmaga rugsat berdiler we olar ol ýerde Nebuzaradonyň bellän Gedalýanyň ölümine çenli ýaşap, soňra olar Müsüre gaçdylar, şondan soň Yahudy topragy doly boşady (2 Pat. 25:9—12, 22—26). Bu wakalar ýedinji aýda, etanimide (ýa-da tişri), sentýabr-oktýabr aýlary towereginde bolup geçdi. Görşümiz ýaly 70 ýyllyk harabaçylyk takmynan b. e.öň 607-nji ýylyň 1-nji oktýabrdan başlap we b. e.öň 537-nji ýylda gutardy. B. e.öň 537-nji ýylyň ýedinji aýynda doly harabalygyň 70 ýylyndan soň ýesirlikde ýaşaýan ýehudylaryň birinji topary Ýahuda dolandy (2 Ýyl. 36:21—23; Ezra 3:1).
MAÝ 22—28
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
jr sah. 104, 105, abz. 4—6
«Özüňe çendenaşa köp» sorama
4 Baruk üçin esasy zat «çendenaşa» şöhrat we tanymallyk bolan bolmaly. Dogrysy, ol diňe Hudaýyň pygamberiniň kätibi bolmandy. Ýermeýa 36:32-de ol barada «ýazyjy kätip Baruk» diýip aýdylýar. Arheoloklaryň tapan zatlary onuň patyşa köşgünde uly wezipesiniň bolandygyny görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda ýehudy ýolbaşçylarynyň biri bolan Elişama-da kätip diýilýär. Baruk hem Elişama ýaly jogapkärli işleri ýerine ýetirýänligi üçin «patyşanyň köşgündäki» «kätibiň otagyna» arkaýyn girip-çykyp bilýärdi (Ýer. 36:11, 12, 14). Bu-da Barugyň patyşa köşginiň bilimli emeldarlarynyň biri bolandygyny görkeýär. Bilşimiz ýaly, Barugyň dogany Seraýa patyşanyň baş dolandyryjysydy we Sidkiýa patyşa Babyla bolan wajyp saparynda onuň ýanynda gidipdi. (Ýermeýa 51:59 oka.) Has dogrysy, Seraýa patyşanyň saçagyna jogap berýärdi we patyşa ýolda mahaly onuň düşlejek ýerine jogap berýärdi. Ähli zatdan görnüşi ýaly, ol ýokary wezipäni eýeleýärdi.
5 Ine şol sebäpli Baruk ýaly tanymal adamyň näme üçin ruhdan düşendigini bilse bolýar. Ol Ýahudany paş edýän habary yzly-yzyna ýazmaly bolýardy. Has aýdyň aýdanyňda, Hudaýyň pygamberini goldamak bilen Baruk öz kärini we wezipesini ýitirmegi mümkindi. Tizden Ýehowa Ýermeýa 45:4-de aýdylyşy ýaly «diken zadyny» ýykjak bolýardy. Şonda Barugyň gözleýän «çendenaşa» köp zady — aýratyn hormat bolsyn ýa-da maddy taýdan üpjinçilik — parhy ýok, olarmanysyny ýitirýär. Mümkin Baruk durmuşda has ykjam ýerleşmek barada pikir edendir. Ýöne ýehudy halkyna weýrançylyk garaşýardy, şol sebäpli Ýehowada öz gullukçysyny goramaga köp sebäpleri bardy.
6 Baruk üçin «çendenaşa köp zady soramak» barly adam bolmagy hem aňladyp bilýärdi. Goňşy halklar emlägini we baýlygyny üpjinçiligiň kepili hasap edýärdiler. Moab «öz eden işine we öz hazynasyna» bil baglaýardy. Amon hem edil şonuň ýaly hereket edýärdi. Wawylonyň hem «köp baýlygy» bardy (Ýer. 48:1, 7; 49:1, 4; 51:1, 13). Ýöne bu zatlar olary Ýehowanyň höküminden halas etmedi.
jr sah. 103, abz. 2
«Özüňe çendenaşa köp» sorama
2 «Baruk ruhdan düşüp, dat günüme, çünki Reb derdime gaýgy-hasrat goşdy, ahy-nalamdan ýaňa tapdan düşdim» diýdi. Tapdan düşen wagtyň, belki, seniň hem şeýle sözler pikiriňe gelendir, hat-da ony daşyňdan hem aýdansyň. Biz Barugyň bu sözleri içinden aýdandygyny ýada gaty ses bilen nalandygyny bilmeýäris, ýöne Ýehowa ony ünsli diňläpdi. Ýürekleri barlaýan Atamyz, elbetde, Barugy näme biynjalyk edýändigini bilýärdi. Hudaý Ýermeýa arkaly öz gullukçysyny ýagşylyk we dogrulyk bilen düzedýär. (Ýermeýa 45:1—5 okaň.) Ýöne Barugyň näme sebäpden beýle tapdan düşendigini bilmek saňa gyzykly bolar. Belki, ony alan ýumşy ýa-da haýsy ýagdaýlarda ony aýtmalydygy gaýgylandyrandyr? Asla beýle däl! Barugyň tapdan düşeniniň sebäbi onuň ýüreginiň ýagdaýy gowy däldi. Ol «özüne çendenaşa köp» soraýardy. Bu «çendenaşa köp» soramak näme aňladýarka? Egerde Baruk Ýehowanyň beren gorkezmesine eýerse, oňa nähili sylag garaşýardy? We ondan näme öwrenip bolýar?
Ruhy dürdänleri agtaryň
it Kemoş
Ýermeýa pygamber Moawa injek betbagytçylyk barada aýdanda, onuň esasy hudaýy Kemoş öz ruhanylary we ýolbaşçylary bilen ýesirlige düşer diýdi. Onuň sözlerine laýyklykda Beýtelde gölä sežde edendikleri sebäpli on taýpaly Ysraýylyň utanja galyşy ýaly, mowaplylar öz peýdasyz hudaýlary sebäpli utançda bolarlar (Ýer 48:7, 13, 46).
it Mowap
Mowap baradaky pygamberligiň jikme-jik ýerine ýetendigine şübhelenip bolmaýar. Sebäbi eýýäm haçandan bäri Mowaplylar millet hökmünde dünýäde ýok (Ýer 48:42). Biziň günlerimizde mowap şäherleri bolan Newodan, Heşbondan, Aroerden, Bet-Gamuldan we Baal-Meondan diňe harabalyk galdy. Beýleki köp şäherler bolsa hiç hili yzsyz ýitirim boldy.
MAÝ 29—IÝUN 4
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
it Duşman
Haçanda Hudaýyň halky biwepalyk edende, Hudaý olaryň duşmanlarynyň ýeňmegine we talamagyna ýol berýärdi (Zeb. 89:42; Ýerag 1:5, 7, 10, 17; 2:17; 4:12). Emma duşmanlar bu ýeňişlere nädogry düşünip, öz güýçleri bilen bolandyr öýdip, munuň üçin öz hudaýlaryny şöhratlandyrýardylar ýa-da Ýehowanyň halky bilen özlerini alyp baryşlaryna jogap bermeli boljakdygyna düşünmeýärdiler (Kant 32:27; Ýer. 50:7). Şol sebäpli Ýehowa öz mukaddes adynyň hatyrasyna (Iş. 64:2; Ezek. 36:21—24) bu ulumsy we öwünjeň garşydaşlary boýun egdirýärdi (Iş. 1:24; 26:11; 59:18; Nah. 1:2).
jr sah. 161, abz. 15
«Ýehowa niýet eden zadyny amala aşyrdy»
15 Şeýle-de Ýermeýanyň pygamberliginde Babylyň hem şöhratsyz soňynyň geljekdigi aýdylypdy. Bu wakanyň bolmagyndan ýüz ýyl öň Ýermeýa ony jikme-jik aýdyp geçipdi: Wawylon duýdansyz ýykylar, paýtagtynyň suwlary «gurar», onuň batyr esgerleri bolsa söweşsiz ýeňler (Ýer. 50:38; 51:30). Bu pygamberlik Midianlar we Parslar Efratyň akymyny başga ýana sowup, peselen derýadan geçip, ýaşaýjylary gorka salyp, şäheri basyp alanlarynda ýerine ýetdi. Wawylonyň «ýeriniň takyrap galmagy» baradaky pygamberligem örän haýran galdyrýar (Ýer. 50:39; 51:26). Bir wagytky kuwwatly şäheriň şu günlere çenli harabalyga öwrülip ýatmagy Mukaddes Ýazgylaryň ynamdar pygamberlik kitapdygyny subut edýär.
w98 1/4 sah. 20, abz. 20
Hudaýdan gelen kitap
20 Işaýa Wawylonyň weýran edilen wagtyna çenli ýaşamady. Ýöne pygamberlige laýyklykda Wawylon iň soňy ýöne bir «daş üýşmekleri» bolup galdy (Ýermeýa 51:37). Geobralist Ieronim öz döwründe (b.e IV asyry) Wawylonyň «dürli haýwanlaryň» gezýän we aw awlanýan ýer bolandgyny ýazypdyrol biziň günlerimizeçenli boşluk ýer bolup galndy. Wawylonyň dikeldilmegi köp syýahatçylary özüne çekip bilerdi, ýöne Işaýanyň pygamberligine görä, «ogly we agtygy» hiç haçan yzyna dolap bolmaz (Işaýa 14:22).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it Amonlylar
Tiglatpileser III we onuň mirasdüşerleriniň biri demirgazyk ysraýyl patyşalygynyň ýaşaýjylaryny sürgün edip äkideninden soň, (2 Pat. 15:29; 17:6) amonlylar öň Iýefaý bilen söweşip alyp bilmedik Gad taýpanyň ülkelerini basyp alyp başladylar. (Zeb. 83:4—8 deň.) Şol sebäpli Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly gatlaryň mirasyny alandygy üçin amonlary höküm edip, olaryň Aman patyşalygyna we onuň hudaýy Milkoma betbagytçylyk garaşýandygyny aýtdy (Ýer. 49:1—5). Ýöne amonlylar munuň bilen saklanmadylar: Ýehoýakim patyşanyň döwründe ýahuda patyşalygynda gün ýaşyp barýarka, olar Ýahudanyň ýaşaýjylaryna garşy talaňçylary iberip, azar berýärdiler (2 Pat. 24:2, 3).
jr sah. 163, abz. 18
«Ýehowa niýet eden zadyny amala aşyrdy»
18 B. e. I asyrynda Ýermeýanyň ýene bir pygamberligi amala aşdy. Hudaý Wawylonyň basyp alan şäherleriniň arasynda Edomyň boljakdygyny hem aýtdy (Ýer. 25:15—17, 21; 27:1—7). Ýöne bu pygamberlik diňe bir umumy sözler bilen çäklenmändi. Onda Edomyň Sodom we Gomora ýaly boljakdygy aýdyň aýdylypdy. Gör, nähili aýdyň görnüş! Edomda indi hiç haçan ýaşaýyş bolmaz, ol ýer ýüzünden ebedilik ýiter (Ýer. 49:7—10, 17, 18). Hudaýyň sözüniň amala aşandygyna özüň göz ýetirmek kyn däl. Sen şu wagtky kartalarda Edom döwletini tapyp bilersiňmi? Bu atlar diňe gadymy taryhy kitaplarda we Mukaddes Ýazgylaryň sözlüginde duş gelýär. Ýusup Flawiý b. e.öň II asyrda edomlylara iudaizmi kabul etmäge yrandyklary barada habar berýär. Soňra b.e 70-nji ýylynda Iýerusalimiň weýran edilişinden soň, edomlylar millet hökmünde ýitirim boldylar.
ip-2 sah. 351, abz. 6
Ýehowa özüne şöhratly at edinýär
6 Emma näme üçin Ýehowa Edomda bolan söweşden yzyna dolanyp gelýär? Sebäbi Idumeýanlar Hudaý bilen äht baglaşan duşman halklarynyň biridi. Olar bu halk bilen ata-babalarynyň döwründen bäri duşman bolup gelýärler (Gelç 25:24—34; Sanlar 20:14—21). Edomlylaryň Ýahuda bolan ýigrenji has-da Iýerusalim ýykylanda idumeýanlaryň wawylon goşununy goldanlarynda görünýär (Zeb. 136:7). Ýehowa şeýle duşmançylygy hut özüni kemsiden ýaly görýär. Şol sebäpli ol Edoma garşy ar alyjy gylyjyny galdyrmagy geň galdyrmaýar! (Işaýa 34:5—15; Ýermeýa 49:7—22).