Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Ýahýa 1:1—21:25
  • Ýahýa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýahýa
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Ýahýa

ÝAHÝANYŇ HOŞ HABARY

1 Ilkibaşda Söz bardy+. Söz Hudaýyň ýanyndady+, Söz hudaýa meňzeşdi*+. 2 Ol ilkibaşdan Hudaý bilendi. 3 Ähli zat Söz arkaly döredi+, hiç zat onsuz ýaradylmady.

Ýaradylan zatlar 4 onuň kömegi bilen ýaşap başlady we ýaşaýyş adamlar üçin nur boldy+. 5 Nur garaňkylykda ýagty saçýar+, sebäbi garaňkylyk ondan üstün çykyp bilmedi.

6 Ýahýa+ atly bir adam geldi, ol Hudaýyň wekilidi. 7 Ol nur hakda şaýatlyk etmäge geldi+, ähli adamlar ol arkaly iman edip bilýärdi. 8 Ol nur däldi+, ýöne nur barada şaýatlyk etmek üçin iberilipdi.

9 Şol wagt ähli adamlara ýagty saçýan hakyky nur dünýä gelmelidi+. 10 Ol dünýädedi+. Dünýä ol arkaly döräpdi+, ýöne dünýä ony tanamady. 11 Ol öz halkynyň arasyna geldi, ýöne ony kabul etmediler. 12 Emma ony kabul eden adamlara, adyna iman edenleriň+ her birine Hudaýyň çagalary bolmaga mümkinçilik berildi+. 13 Olar etden-gandan dogulmadylar. Olar ynsan arkaly däl-de, Hudaý arkaly dünýä indiler+.

14 Şeýlelikde, Söz ynsan bolup+, aramyzda ýaşady. Biz onuň şöhratyny, ýagny ýeke-täk ogluň+ atasyndan alan şöhratyny gördük. Ol Atasynyň çäksiz ýagşylygyny* görüpdi, elmydama hakykaty aýdýardy. 15 Ýahýa ol hakda şaýatlyk edip: «Meniň yzymdan gelýän menden beýikdir, sebäbi ol menden öň hem bardy»+ diýipdi. 16 Onuň ýagşylygy we hakykaty çäksizdi, şonuň üçin biz ýagşylyk üstüne ýagşylyk gördük. 17 Töwradyň Musa arkaly berilişi ýaly+, ýagşylyk+ bilen hakykat hem Isa Mesih arkaly äşgär boldy+. 18 Hiç kim hiç haçan Hudaýy gören däldir+. Hudaýy bize Atasynyň ýanynda* bolan+ ýeke-täk ogly tanatdy+.

19 Ýehudylaryň Iýerusalimden iberen ruhanylary we lewileri Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soradylar+. 20 Ol: «Men Mesih däl» diýip, açyk aýtdy. 21 Olar: «Onda sen kim? Ylýas pygambermi?»+ diýdiler. Ýahýa: «Ýok» diýdi. Olar: «Onda sen gelmeli Pygambermi?»+ diýip soradylar. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi. 22 Olar: «Onda kim? Bizi iberenlere näme jogap bereli? Özüň barada aýt» diýdiler. 23 Ýahýa: «Men Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly+: „Ýehowanyň* ýoluny dogrulaň“+ diýip, çölde gygyrýan adamdyryn» diýip jogap berdi. 24 Olary fariseýler* iberipdi. 25 Olar Ýahýa: «Sen Mesih, Ylýas ýa-da pygamber bolmasaň, adamlary näme üçin suwa çümdürýärsiň?» diýdiler. 26 Ýahýa: «Men suwa çümdürýärin, ýöne araňyzda biri bar, siz ony tanamaýarsyňyz. 27 Ol meniň yzymdan gelýär. Men onuň çarygynyň* bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin»+ diýdi. 28 Bularyň ählisi Iordanyň aňyrsyndaky Betaniýada bolupdy. Ol ýerde Ýahýa suwa çümdürýärdi+.

29 Ertesi gün Ýahýa Isanyň gelýänini görüp: «Ine dünýäniň+ günäsini ýuwýan+ Hudaýyň Guzusy!+ 30 Men ol hakda: „Meniň yzymdan gelýän menden beýikdir, sebäbi ol menden öň hem bardy“+ diýipdim. 31 Meniň özümem ony bilmeýärdim, ýöne ysraýyllar ony tanar ýaly, suwa çümdürmäge geldim»+ diýdi. 32 Ýahýa ol hakda şeýle şaýatlyk etdi: «Men mukaddes ruhuň gökden kepderi kimin inip, onuň üstüne gonandygyny gördüm+. 33 Men ony bilmesem-de, suwa çümdürmek üçin iberen Hudaý maňa: „Meniň ruhum kimiň üstüne inse+, ol mukaddes ruh bilen çümdürer“+ diýipdi. 34 Muny görüp, onuň Hudaýyň Ogludygyna+ şaýatlyk etdim».

35 Ertesi gün Ýahýa iki şägirdi bilen durdy. 36 Ol Isanyň gelýänini görüp: «Ine Hudaýyň Guzusy!»+ diýdi. 37 Muny eşiden iki şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdi. 38 Şonda Isa yzyna öwrülip: «Size näme gerek?» diýdi. Olar: «Rebbi, nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar. (Rebbi «Mugallym» diýmegi aňladýar). 39 Isa: «Ýörüň, häzir bilersiňiz» diýdi. Olar hem Isa bilen gidip, ýaşaýan ýerini gördüler. Öýlän sagat dört töweregidi*. Şol gün olar onuň ýanynda galdylar. 40 Ýahýanyň aýdanlaryny eşidip, Isanyň yzyna düşenleriň biri Simun Petrusyň dogany Andreasdy+. 41 Ol ilki bilen dogany Simunyň ýanyna baryp: «Biz Mesihi tapdyk»+ diýdi. (Mesih «Bellenen» diýmegi aňladýar). 42 Soňra Simuny Isanyň ýanyna alyp gitdi. Isa ony görüp: «Ýahýanyň ogly Simun+, adyň Kifa bolar» diýdi. (Kifa «Petrus» diýmegi aňladýar)+.

43 Ertesi gün Isa Jelilä gitmek isledi. Şonda ol Filipusy+ tapyp: «Meniň şägirdim bol» diýdi. 44 Filipus Beýtsaýda şäherinde ýaşaýardy. Andreas bilen Petrus hem şol şäherdendi. 45 Filipus Natanaýyly+ görüp: «Biz Musanyň Töwratda aýdan we Pygamberler kitabynda ýazylan Ýusubyň+ ogly nazaretli Isany tapdyk» diýdi. 46 Natanaýyl: «Nazaretden hem bir gowy zat çykarmy?» diýdi. Filipus: «Ýör, özüň görersiň» diýdi. 47 Isa Natanaýylyň gelýänini görüp: «Ine hakyky ysraýyl ogly. Onda hiç hili mekirlik ýokdur»+ diýdi. 48 Natanaýyl Isa: «Meni nireden tanaýarsyň?» diýdi. Isa: «Filipus seni çagyrmanka, seni injir agajynyň aşagynda gördüm» diýdi. 49 Şonda Natanaýyl: «Mugallym*, sen Hudaýyň Ogly, Ysraýylyň Patyşasy»+ diýdi. 50 Isa: «Seni injir agajynyň aşagynda gördüm diýenim üçin ynandyňmy? Sen mundanam beýik işleri görersiň» diýdi. 51 Isa: «Size hakykaty aýdýaryn, gögüň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň ýokaryk galşyny we Ynsan oglunyň ýanyna düşüşini görersiňiz»+ diýdi.

2 Üç günden Jeliläniň Kana şäherinde gelin toýy boldy. Isanyň ejesi hem toýa gelipdi. 2 Toýa Isa bilen şägirtleri hem çagyryldy.

3 Toýda şerap gutaranda, Isanyň ejesi: «Oglum, şerap gutarypdyr» diýdi. 4 Isa ejesine: «Men näme edeýin?* Entek meniň wagtym gelmedi» diýdi. 5 Isanyň ejesi hyzmatkärlere: «Ol näme diýse, şony-da ediň» diýdi. 6 Ýehudylaryň däbine görä, tämizlenmek+ üçin alty sany ullakan küýze bardy. Olaryň hersine iki ýa-da üç çelek* suw guýup bolýardy. 7 Isa hyzmatkärlere: «Çelekleri suwdan dolduryň» diýdi. Olar hem çelekleri püre-pür etdiler. 8 Soňra Isa: «Ondan biraz alyp, toýuň guramaçysyna eltip beriň» diýdi. Olar hem aýdyşy ýaly etdiler. 9 Toýuň guramaçysy şeraba öwrülen suwdan içip gördi. Ol şerabyň nireden alnandygyny bilmeýärdi, ýöne çelekden suw getiren hyzmatkärler bilýärdi. Soňra ol öýlenýän ýigidi çagyryp: 10 «Adamlar öňürti gowy şeraby berýär, myhmanlar serhoş bolansoň, hili pes şeraby berýärler. Sen bolsa gowy şeraby şu wagta çenli bermän goýupsyň» diýdi. 11 Şeýlelikde, Isa Jeliläniň Kana şäherinde birinji sapar gudrat görkezdi. Şonda onuň gudratly güýji mälim boldy+, şägirtleri hem oňa iman etdiler.

12 Şondan soň Isa ejesi, doganlary+ we şägirtleri bilen Kapernawuma gitdi+, ýöne ol ýerde köp bolmadylar.

13 Ýehudylaryň Pasha baýramy+ golaýlapdy, Isa hem Iýerusalime gitdi. 14 Ol ybadathanada öküz, goýun, kepderi+ satýanlary we pul çalyşýanlary görende, 15 ýüpden gamçy örüp, goýunlary, öküzleri we satyjylary ybadathanadan kowdy. Pul çalyşýanlaryň teňňelerini zyňyp, stollaryny agdardy+. 16 Isa kepderi satýanlara: «Zatlaryňyzy aýryň! Atamyň öýüni bazara döndermäň!»+ diýdi. 17 Şonda şägirtleriň: «Seniň öýüňe yhlasym içimde ot kimin ýandy»+ diýen sözler ýadyna düşdi.

18 Ýehudylar ondan: «Seniň şeýtmäge hakyň barmy? Haýsy gudrat bilen subut edip biljek?»+ diýip soradylar. 19 Isa olara: «Ybadathanany ýumruň, men üç günde dikelderin»+ diýip jogap berdi. 20 Ýehudylar oňa: «Üç günde dikelderin diýýäňmi? Ybadathana 46 ýylda guruldy» diýdiler. 21 Emma Isa ybadathana diýip, öz bedenini göz öňünde tutupdy+. 22 Isa direlende, onuň aýdanlary şägirtleriniň ýadyna düşdi+. Şonda şägirtler ýazylanlara we Isanyň aýdanlaryna ynandylar.

23 Isanyň Iýerusalimde Pasha baýramynda eden gudratlaryny görenleriň köpüsi onuň adyna iman etdiler. 24 Emma Isa olara ynanmaýardy, sebäbi adamlary gowy tanaýardy. 25 Isa hemmeleriň ýüregini görýärdi, şonuň üçin oňa kimiň nähilidigini aýtmak gerek däldi+.

3 Şol ýerde ýehudylaryň baştutany Nikodim+ bardy, ol fariseýdi. 2 Nikodim gije Isanyň ýanyna gelip+: «Mugallym*+, seni Hudaý iberipdir, sebäbi Hudaý güýç bermese+, seniňki ýaly gudratlary hiç kim edip bilmez»+ diýdi. 3 Isa: «Saňa hakykaty aýdýaryn, täzeden dogulmadyk* adam+ Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez»+ diýip jogap berdi. 4 Nikodim: «Garry adam nädip täzeden dogulsyn? Ol ejesiniň garnyna girip, täzeden doglup bilermi?» diýdi. 5 Isa: «Saňa hakykaty aýdýaryn, suwa çümdürilmedik+ we Hudaýyň mukaddes ruhy+ inmedik* adam Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmez. 6 Ynsandan doglan ynsanyň çagasy bolýandyr, mukaddes ruhdan doglan bolsa Hudaýyň perzendi bolýandyr. 7 Täzeden dogulmaly diýenime geň galma. 8 Ýel islän tarapyna öwüsýär, onuň sesini eşitseň-de, haýsy tarapdan gelip, haýsy tarapa öwüsýändigini bilýän dälsiň. Adamyň mukaddes ruhdan dogluşyna-da akyl ýetirmek kyndyr»+ diýdi.

9 Nikodim: «Beýle zat nädip bolup biler?» diýdi. 10 Isa şeýle jogap berdi: «Sen ysraýyl halkynyň mugallymy bolup-da, bulary bilmeýäňmi? 11 Saňa hakykaty aýdýaryn, biz bilýän zatlarymyzy aýdýarys, gören zatlarymyza şaýatlyk edýäris, ýöne siz olara ynanmaýarsyňyz. 12 Siz meniň ýerdäki zatlar hakda aýdanyma ynanmasaňyz, gökdäki zatlar hakda aýdanyma nädip ynanjak? 13 Hiç kim göge baran däldir+, diňe gökden inen+ Ynsan ogly baryp görendir. 14 Musanyň çölde ýylany taýakda asyp goýşy ýaly+, Ynsan ogluny-da asyp goýarlar+. 15 Şonda oňa iman eden adam ebedi ýaşar+.

16 Hudaý adamlary* şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi+, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär+. 17 Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, halas etmek üçin iberdi+. 18 Ogla iman edýän adam höküm edilmez+, iman etmeýän adam bolsa höküm edilendir. Sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluna* iman etmedi+. 19 Indi höküm etmäge sebäp bar: dünýä nur geldi+, ýöne adamlar nury däl, garaňkylygy gowy gördüler, sebäbi olar diňe erbetlik edýärler. 20 Erbetlik edýänler nury ýigrenýärler, sebäbi erbet işleri bilinmesin diýip nura tarap ýöremeýärler. 21 Emma dogruçyl adamlar nura tarap ýöreýärler+, sebäbi Hudaýyň halaýan işlerini edýärler».

22 Şondan soň Isa şägirtleri bilen Ýahudanyň obalaryna gidip, biraz wagt boldy. Olar adamlary suwa çümdürdiler+. 23 Ýahýa hem Salimiň golaýyndaky Enonda adamlary suwa çümdürýärdi, sebäbi ol ýerleriň suwy çuňdy+. Adamlar hem suwa çümdürilmäge gelýärdiler+. 24 Şol wagt Ýahýa entek türmä düşmändi+.

25 Ýahýanyň şägirtleri bir ýehudy bilen tämizlenmek däbi hakda jedelleşýärdiler. 26 Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Mugallym*, Iordanyň beýleki kenarynda seniň ýanyňa biri gelipdi, ol hakda şaýatlyk hem edipdiň+. Seret, ol adamlary suwa çümdürip ýör, hemmeler onuň ýanyna barýar» diýdiler. 27 Ýahýa: «Hudaýdan ygtyýar bolmasa, adam şeýle işleri edip bilmez. 28 „Men Mesih däl+, ýöne Hudaý meni onuň öňünden iberdi“+ diýenimi eşidensiňiz. 29 Öýlenjek ýigidiň gelinligi bar+. Öýlenýän ýigidiň dosty olaryň sesini eşidip, ýürekden begenýär. Meniň hem begenjimiň çägi ýokdur. 30 Mesih beýgelmeli, men bolsa peselmeli» diýdi.

31 Ýokardan gelen+ bolsa hemmelerden beýikdir, emma ýerdäki ynsan ýerdendir. Ol ýerdäki zatlar hakda aýdýandyr. Gökden gelen hemmelerden beýikdir+. 32 Ol gören we eşiden zatlaryna şaýatlyk edýändir+, ýöne hiç kim oňa ynanmaýar+. 33 Onuň şaýatlygyny kabul eden adam Hudaýyň dogruçyldygyna şübhelenýän däldir*+. 34 Hudaýyň iberen adamy Hudaýyň tabşyran zatlaryny aýdýandyr+. Hudaý hem oňa mukaddes ruhuny jomartlyk bilen* berýändir. 35 Ata Ogluny söýýändir+ we ähli zady Ogluna berendir+. 36 Ogla iman eden ebedi ýaşar+, oňa gulak asmadyk ýaşaýşa gowuşmaz+, gaýtam Hudaýyň gazabyna duçar bolar+.

4 Fariseýler Isanyň Ýahýadanam köp adamlary suwa çümdürip+, şägirdi edendigini eşitdiler. Halypamyz muny bilip, 2 (aslynda, Isanyň özi däl, şägirtleri suwa çümdürýärdi), 3 Ýahudadan gaýdyp, ýene Jelilä gitdi. 4 Emma ol Samariýanyň içinden geçmelidi. 5 Şeýlelikde, Isa Samariýanyň Sihar şäherine baryp ýetdi. Ol şäher Ýakubyň Ýusup ogluna beren melleginiň golaýynda ýerleşýärdi+. 6 Şol ýerde Ýakubyň guýusy bardy+. Isa ýadap, guýynyň başynda oturdy. Şol wagt günortan on iki töweregidi*.

7 Şonda samariýaly bir aýal suw almaga geldi. Isa: «Içmäge suw beräý» diýdi. 8 Şol wagt şägirtler iýere zat satyn almaga şähere gidipdiler. 9 Samariýaly aýal bolsa: «Sen ýehudy ahyry. Samariýaly aýaldan näme üçin suw soraýaň?» diýdi. Ýehudylar samariýalylar bilen gepleşmeýärdi+. 10 Isa: «Eger sen Hudaýyň berýän berekedini+ we „Içere suw beräý“ diýen adamyň kimdigini bilsediň, ondan özüň suw sorardyň. Ol hem saňa ýaşaýyş suwuny bererdi»+ diýdi. 11 Aýal: «Agam, guýy çuň, suw çekere bedräňem ýok. Ýaşaýyş suwuny nireden aljak? 12 Sen guýyny beren Ýakup atamyzdan hem ulumy? Şu guýudan Ýakubyň özi, ogullary we mal-garalary suw içipdi» diýdi. 13 Isa: «Guýynyň suwundan içen adam ýene-de suwsar. 14 Ýöne meniň berjek suwumdan içen adam hiç haçan suwsamaz+. Meniň berjek suwum adamyň içinde ebedi ýaşaýyş berýän çeşme deý bolar»+ diýdi. 15 Aýal: «Agam, hiç haçan suwsamaz ýaly, gaýdyp guýa suw almaga gelmez ýaly, suwuňdan maňa-da beräý» diýdi.

16 Isa aýala: «Bar, äriňi çagyr» diýdi. 17 Aýal: «Meniň ärim ýok» diýdi. Isa: «Sen ärim ýok diýip, dogry aýtdyň. 18 Seniň bäş äriň bardy, häzirki ýaşaşyp ýöreniň hem äriň däl. Sen dogryňy aýtdyň» diýdi. 19 Aýal: «Agam, sen pygamber ýaly-la!+ 20 Ata-babalarymyz şu dagda sežde edýärdiler, emma siz, ýehudylar, diňe Iýerusalimde sežde etmeli diýýärsiňiz»+ diýdi. 21 Isa: «Ynanaý, şeýle wagt geler, adamlar Hudaýa şu dagda-da, Iýerusalimde-de sežde etmezler. 22 Siz kime sežde edýäniňizi bilmeýärsiňiz+, biz bolsa bilýäris. Sebäbi ilki ýehudylar halas ediler+. 23 Hudaýa wepaly adamlaryň Ata ruhda we hakykatda sežde etjek wagty ýetip gelýär. Aslynda, şol wagt eýýäm geldi, Ata hem şeýle adamlary gözleýär+. 24 Hudaý ruhdur+, oňa sežde edýänler hem ruhda we hakykatda sežde etmelidir»+ diýdi. 25 Aýal: «Men Mesih* diýilýän bir adamyň geljekdigini bilýärin. Ol bize ähli zady açyk aýdar» diýdi. 26 Isa: «Şol men»+ diýdi.

27 Şägirtleri gelip, Isanyň aýal bilen gepleşip durandygyna geň galdylar. Ýöne hiç kim: «Aýaldan näme soradyň? Onuň bilen näme üçin gepleşip dursuň?» diýmäge milt edip bilmedi. 28 Aýal küýzesini taşlap, şähere gitdi-de, adamlara: 29 «Ýörüň, men hakda ähli zady aýdyp beren adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn?» diýdi. 30 Adamlar hem şäherden gaýdyp, Isanyň ýanyna bardylar.

31 Şol wagt şägirtler: «Mugallym*+, iýip içsene!» diýip, gaýta-gaýta aýtdylar. 32 Isa: «Meniň iýere zadym bar, ýöne siz onuň nämedigini bilmeýärsiňiz» diýdi. 33 Şägirtleri biri-birine: «Biri iýere zat getirdimikä?» diýişdiler. 34 Isa şägirtlerine: «Meniň çöregim meni ibereniň islegini+ we tabşyrygyny soňuna çenli berjaý etmekdir+. 35 Siz hasyl ýygnamaga ýene dört aý bar diýýärsiňiz. Men size diýýärin, başyňyzy galdyryp, ekin meýdanyna serediň, hasyl eýýäm ýetişipdir+. 36 Orakçy iş hakyny alyp, ebedi ýaşaýyş üçin hasyl ýygnap ýör. Şonda eken hem, oran hem bile şatlanar+. 37 Sebäbi: „Biri ekýär, başga biri orýar“ diýen sözler dogrudyr. 38 Men sizi ekmedik zadyňyzy ormaga iberdim. Başgalar ekse-de, siz hem olaryň zähmetiniň hözirini görýärsiňiz» diýdi.

39 Şäherden gelen samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler. Olar aýalyň: «Men hakda ähli zady aýdyp berdi»+ diýenine ynanyp gelipdiler. 40 Samariýalylar Isany myhmançylyga çagyrdylar, ol hem şäherde iki gün galdy. 41 Şonda köp adamlar Isanyň aýdanlaryna ynandylar. 42 Olar şol aýala: «Biz diňe seniň aýdanyň üçin ynanman, indi öz gulagymyz bilen eşidip, onuň dünýäniň halasgäridigine göz ýetirdik»+ diýdiler.

43 Iki günden soň, Isa Jelilä gitdi. 44 Emma Isa: «Dogduk mekanynda pygamberiň gadyry bilinmez»+ diýipdi. 45 Isa Jelilä gelende, adamlar mähirli garşy aldylar. Sebäbi olar Iýerusalime baýramçylyga+ baranlarynda, Isanyň eden gudratlaryny görüpdiler+.

46 Soňra Isa ýene-de Jeliläniň Kana şäherine geldi. Isa şol şäherde suwy şeraba öwrüpdi+. Şäherde patyşanyň emeldary bardy. Onuň ogly Kapernawumda agyr keselläp ýatyrdy. 47 Ol Isanyň Ýahudadan Jelilä gelendigini eşidende, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagy haýyş etmek üçin ýanyna bardy. 48 Isa: «Halk alamat we gudrat görmese, hiç haçan ynanmaz»+ diýdi. 49 Emeldar: «Agam, oglum ölmänkä geläý!» diýdi. 50 Isa: «Bar, sag-aman gaýt, ogluň sagaldy»+ diýdi. Ol Isa ynanyp, öýüne gaýtdy. 51 Ol ýolda barýarka, hyzmatkärleri öňünden çykyp, oglunyň sagalandygyny aýtdylar. 52 Ol hyzmatkärlerinden oglunyň näçede sagalandygyny sorady. Olar: «Düýn gündiz sagat bir töweregi* gyzgyny gaýtdy» diýdiler. 53 Şonda emeldar Isanyň: «Ogluň sagaldy»+ diýen wagty oglunyň sagalandygyna göz ýetirdi. Şeýlelikde, emeldar öý-içerisi bilen Isa iman etdi. 54 Şol gudrat Isanyň Ýahudadan Jelilä gelip görkezen ikinji gudratydy+.

5 Ýehudylaryň baýramçylygy+ başlanda, Isa Iýerusalime gitdi. 2 Iýerusalimde Goýun derwezesiniň+ golaýynda suw howdany bardy. Onuň töwereginde bäş hatar sütün bardy, howdana ýewreýçe «Beýtsaz» diýilýärdi. 3 Ol ýerde kör, maýyp we el-aýagy ysmaýan ençeme keselli adamlar ýatyrdy. 4 *—— 5 Olaryň arasynda 38 ýyl bäri ýarawsyz ýatan bir adam bardy. 6 Isa onuň ýarawsyzdygyny we köpden bäri dert çekýändigini bilip: «Sagalasyň gelýärmi?»+ diýip sorady. 7 Ýarawsyz adam: «Agam, howdanyň suwy tolkun atanda, girmäge hiç kim kömek etmeýär. Men barýançam welin, başga biri girýär» diýdi. 8 Isa: «Tur, düşegiňi alyp ýöre!»+ diýdi. 9 Ol hem şol bada sagaldy we düşegini alyp ýöredi.

Şol gün Sabat günüdi*. 10 Ýehudylaryň käbiri keselden sagalan adama: «Sabat güni düşek götermek rugsat berilmeýär»+ diýdiler. 11 Ol şeýle jogap berdi: «Meni sagaldan adam: „Düşegiňi alyp ýöre“ diýdi». 12 Olar: «Düşegiňi alyp ýöre diýen kim?» diýip soradylar. 13 Emma sagalan adam onuň kimdigini bilmeýärdi, sebäbi Isa märekäniň içine girip, gözden gaýyp boldy.

14 Soňra Isa şol adama ybadathanada duşup: «Sen keseliňden sagaldyň. Mundan beter ýagdaýa düşmez ýaly, indi günä etme» diýdi. 15 Şonda ol ýehudylaryň ýanyna gidip, özüni Isanyň sagaldandygyny aýtdy. 16 Sabat güni şeýle işleri edendigi üçin, ýehudylar Isany yzarlap başladylar. 17 Isa olara: «Atam henize çenli işläp ýör, men hem işleýärin»+ diýdi. 18 Şonda ýehudylar Isany öldürmegiň küýüne düşdüler. Sebäbi olaryň pikiriçe Isa diňe Sabat gününiň kanunyny bozman, eýsem Hudaýa Atam+ diýip, özüni Hudaýa deňeýärdi+.

19 Isa olara şeýle jogap berdi: «Size hakykaty aýdýaryn, Ogul hiç zady öz-özünden etmeýär, ol diňe Atasyndan öwrenýän zatlaryny edýär+. Atasy näme etse, Ogly hem şony edýändir. 20 Ata Ogluny söýýär+ we oňa ähli edýän işlerini görkezýär. Ol Ogluna has beýik işleri görkezer, siz bolsa haýran galarsyňyz+. 21 Atanyň ölen adamlary direldip, ýaşaýyş berişi ýaly+, Ogul hem islän adamyna ýaşaýyş berýär+. 22 Ata hiç kimi höküm etmeýär, ol muny Ogluna tabşyrdy+. 23 Şonda hemmeleriň Ata hormat goýşy ýaly, Ogla hem hormat goýarlar. Ogla hormat goýmaýan adam ony iberen Ata-da hormat goýmaz+. 24 Size hakykaty aýdýaryn, meni diňlän we meni iberene iman eden adama höküm edilmez, ol ebedi ýaşar+. Şeýle adam ölümden ýaşaýşa geçendir+.

25 Size hakykaty aýdýaryn, şeýle bir günler geler, ölen adamlar Hudaýyň Oglunyň sesini eşiderler. Aslynda, şol wagt eýýäm gelendir. Ogly diňläp, gulak asan adamlar ýaşarlar. 26 Atanyň ýaşaýyş bermäge güýji bar+, ol şol güýji Ogluna-da berendir+. 27 Ata oňa höküm etmäge ygtyýar hem berdi+, sebäbi ol Ynsan ogly+ boldy. 28 Muňa geň galmaň, sebäbi mazarda* ýatanlaryň ählisiniň onuň sesini eşitjek wagty ýetip gelýär+. 29 Ýagşy iş edenler ýaşamak üçin, erbet iş edenler höküm edilmek üçin direler+. 30 Men hiç zady öz-özümden etmeýärin, diňe Atamyň aýdanlaryna görä höküm edýärin, adalatly höküm çykarýandyryn+. Sebäbi öz islegimi däl-de, meni iberen Atamyň islegini berjaý etmek isleýärin+.

31 Men özüm hakda şaýatlyk edýän bolsam, şaýatlygym hakyky däldir+. 32 Men hakda şaýatlyk edýän başga-da biri bar, Onuň men barada aýdýanlarynyň dogrudygyny bilýärin+. 33 Siz Ýahýanyň ýanyna adam iberdiňiz, onuň men hakda aýdanlary dogrudyr+. 34 Men adamlaryň şaýatlyk etmegine mätäç däl, ýöne bulary siziň halas bolmagyňyz üçin aýdýaryn. 35 Ýahýa ýanyp duran we yşyk berýän çyrady, siz onuň ýagtylygynda az wagt şatlanmak islediňiz+. 36 Ýöne mende Ýahýadanam beýik şaýat bar. Atamyň maňa tabşyran ýumşy we edýän işlerim meni Atanyň iberendigini subut edýär+. 37 Meni iberen Atam men hakda şaýatlyk etdi+. Siz onuň sesini-de eşitmediňiz, ýüzüni-de görmediňiz+. 38 Siz onuň iberen habarçysyna ynanmadyňyz, şonuň üçin hem onuň sözi ýüregiňize täsir etmedi.

39 Siz mukaddes kitaplary öwrenip+, ebedi ýaşarys öýdýärsiňiz. Emma şol kitaplar men hakda şaýatlyk edýär+. 40 Siz ýaşamak üçin meniň ýanyma gelmek islemeýärsiňiz+. 41 Men adamlaryň alkyş aýtmagyny islemeýärin. 42 Men bilýän, siz Allany ýürekden söýmeýärsiňiz. 43 Men Atamyň adyndan geldim, ýöne meni kabul etmediňiz, emma başga biri öz adyndan gelse, ony kabul ederdiňiz. 44 Siz biri-biriňize alkyş aýdýarsyňyz, emma hak Alladan alkyş aljak bolmaýarsyňyz+. Onsoň, siz nädip iman etjek? 45 Sizi Atamyň öňünde men däl, ynanýan pygamberiňiz Musa günäkärleýär+. 46 Musa ynanan bolsaňyz, maňa-da ynanardyňyz, sebäbi ol men hakda ýazypdy+. 47 Siz onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, meniň sözlerime nädip ynanjak?»

6 Şondan soň Isa Jelile, ýagny Tiberiýa deňziniň beýleki kenaryna geçdi+. 2 Uly märeke hem Isanyň syrkawlary gudrat bilen sagaldandygyny görüp+, yzyna düşdüler+. 3 Isa şägirtleri bilen daga çykyp oturdy. 4 Ýehudylaryň Pasha baýramy+ golaýlapdy. 5 Isa başyny galdyranda, uly märekäniň gelýänini görüp, Filipusa: «Adamlara iýere çöregi nireden satyn alarys?»+ diýdi. 6 Isa näme etjegini bilýärdi, ýöne Filipusy synap görmek üçin aýtdy. 7 Filipus: «Iki ýüz teňňelik* çörek satyn alyp, adamlara bölüşdirip bersek-de ýetmez» diýdi. 8 Şägirtleriň biri, ýagny Simun Petrusyň dogany Andreas: 9 «Bir oglanjykda bäş arpa çörek bilen iki kiçi balyk bar. Olar uly märekä nädip ýetsin?»+ diýdi.

10 Isa: «Adamlary oturdyň» diýdi. Ol ýer otlukdy, şonuň üçin 5 000-e golaý adam arkaýyn oturdy+. 11 Isa çöregi alyp, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, oturan märekä paýlady. Şonuň ýaly, ol kiçi balyklary hem paýlady, her kim geregini aldy. 12 Märeke iýip doýansoň, Isa şägirtlerine: «Artyp galan bölekleri ýygnaň, zaýa bolmasyn» diýdi. 13 Şägirtler hem bäş arpa çörekden artyp galan bölekleri ýygnap, 12 sebet doldurdylar.

14 Adamlar Isanyň eden gudratyny görüp: «Dogrudanam, ol gelmeli Pygamber»+ diýişdiler. 15 Adamlar Isany patyşa etjek bolanlarynda+, ol daga çykyp gitdi+.

16 Gün ýaşanda, şägirtler deňziň kenaryna gitdiler+. 17 Olar gaýyga münüp, deňziň beýleki kenaryndaky Kapernawuma tarap ýola düşdüler. Garaňky düşüpdi, Isa henizem olaryň ýanyna gelmändi+. 18 Deňizde güýçli ýel turup, tolkunlar möwç urup başlady+. 19 Şägirtler üç-dört çakrym* ýüzenlerinde, Isanyň deňziň ýüzünden ýöräp, gaýyga golaýlaşanyny görüp gorkdular. 20 Isa olara: «Gorkmaň! Bu men»+ diýdi. 21 Olar begenip, Isany gaýyga mündürdiler. Şeýlelikde, olar biraz wagtdan barmaly ýerine ýetdiler+.

22 Märeke bolsa deňziň beýleki tarapynda galypdy. Ertesi gün gelip görseler, kenarda duran kiçiräk gaýyk ýok eken, sebäbi şägirtler şol gaýykda gidipdi. Emma Isa olar bilen gitmändi. 23 Şol wagt Tiberiýadan gaýyklar gelipdi. Olar Halypamyzyň Hudaýa minnetdarlyk aýdyp, çörek beren ýerinde durdular. 24 Märeke Isanyň we şägirtleriň ýokdugyny bilip, Isany gözlemek üçin gaýyga münüp, Kapernawuma gitdiler.

25 Olar Isany deňziň kenarynda görüp: «Mugallym*+, sen bärik haçan geldiň?» diýdiler. 26 Isa olara: «Size hakykaty aýdýaryn, siz meni gudrat göreniňiz üçin däl, garnyňyz doýany üçin gözleýärsiňiz+. 27 Emma zaýalanýan çöregi däl, zaýalanmaýan, ýagny ebedi ýaşaýyş berýän çöregi almaga jan ediň+. Size şol çöregi Ynsan ogly berip biler, sebäbi şeýle ygtyýary* Ynsan ogluna Atamyz, ýagny Hudaýymyz berdi»+ diýdi.

28 Olar Isadan: «Hudaýy razy etmek üçin näme etmeli?» diýip soradylar. 29 Isa: «Hudaýy razy etmek üçin, onuň iberenine iman ediň»+ diýdi. 30 Olar Isa şeýle diýdiler: «Alamat görkez+, saňa iman edeli. Bize nähili alamat görkezjek? 31 Ata-babalarymyz çölde Hudaýyň beren mannasyny iýdiler+. Sebäbi: „Hudaý olara gökden çörek berdi“+ diýip ýazylgy». 32 Isa olara: «Size hakykaty aýdýaryn, Musa size gökden inen çörek bermändi, ýöne Atamyň berýän hakyky çöregi gökden inýändir. 33 Hudaýyň berýän çöregi gökden inip, adamlara ýaşaýyş berýär» diýdi. 34 Olar Isa: «Agam, şol çörekden bize hemişe berip dur» diýdiler.

35 Isa olara şeýle diýdi: «Men ýaşaýyş çöregidirin. Meniň ýanyma gelen hiç haçan ajykmaz, maňa iman eden hiç haçan suwsamaz+. 36 Emma aýdyşym ýaly, meni görübem, iman etmediňiz+. 37 Atamyň maňa berenleriniň hemmesi ýanyma geler. Men olary hiç haçan kowmaryn+. 38 Men gökden+ öz islegimi däl-de, meni ibereniň islegini berjaý etmäge geldim+. 39 Meni iberen Hudaý maňa berenleriniň hiç birini ýitirmän, olary gelejekde* direltmegimi isleýär+. 40 Atam Ogluny tanap, oňa iman eden her bir adamyň ebedi ýaşamagyny isleýär+. Men hem ony gelejekde* direlderin»+.

41 Ýehudylar Isanyň: «Men gökden inen çörekdirin»+ diýen sözlerini eşidip, hüňürdeşip başladylar. 42 Olar: «Ol Ýusubyň ogly Isa dälmi? Ene-atasyny tanaýarys ahyry+. Ol näme üçin: „Men gökden geldim“ diýýär?» diýişdiler. 43 Isa olara şeýle diýdi: «Hüňürdeşmäň. 44 Meni iberen Atam getirmese*, hiç kim meniň ýanyma gelip bilmez+. Men ýanyma gelenleri gelejekde* direlderin+. 45 Pygamberler kitabynda: „Olaryň hemmesi Ýehowadan* tälim alarlar“+ diýilýär. Atamy diňläp, tälim alýan adam meniň ýanyma gelýär. 46 Atany hiç kim gören däldir+. Atany diňe gökden* gelen görendir+. 47 Size hakykaty aýdýaryn, maňa iman eden adam ebedi ýaşar+.

48 Men ýaşaýyş berýän çörekdirin+. 49 Ata-babalaryňyz çölde manna iýseler-de, ölüp gitdiler+. 50 Emma gökden inen çöregi iýen adam ölmez. 51 Men gökden inen ýaşaýyş berýän çörekdirin. Çörekden iýen ebedi ýaşar. Çörek meniň adamzat* üçin berjek bedenimdir»+.

52 Ýehudylar: «Ol nädip bedenini iýmäge berjek bolýarka?» diýip hüňürdeşdiler. 53 Isa olara: «Size hakykaty aýdýaryn, Ynsan oglunyň bedenini iýmeseňiz we ganyny içmeseňiz, ýaşaýşa gowuşmarsyňyz+. 54 Bedenimi iýip, ganymy içýän adam ebedi ýaşar, men ony gelejekde* direlderin+. 55 Sebäbi bedenim hakyky çörekdir, ganym hakyky şerapdyr*. 56 Bedenimi iýýän we ganymy içýän adam meniň bilen agzybirligi saklaýandyr, men hem onuň bilen agzybir bolaryn+. 57 Diri Atamyň meni iberip, maňa ýaşaýyş berişi ýaly, meniň bedenimi iýen adam hem men arkaly ýaşar+. 58 Gökden inen çörek hem şeýledir. Ol ata-babalaryňyzyň iýen çöregi ýaly däl. Olar şol çöregi iýseler-de, ölüp gitdiler. Şu çöregi iýen adam bolsa ebedi ýaşar»+ diýdi. 59 Isa muny Kapernawumyň sinagogasynda* öwredip durka aýdypdy.

60 Isany diňläp duran şägirtleriň köpüsi: «Onuň näme diýýändigini eşidýäňizmi? Diňlär ýaly däl-ä» diýdiler. 61 Isa şägirtleriniň hüňürdeşýänini eşidip: «Aýdanym gulagyňyza ýakmadymy?* 62 Onda siz Ynsan oglunyň öňki ýerine dolanyp barýandygyny+ görseňiz näme edersiňiz? 63 Mukaddes ruh ýaşaýyş berýär+, emma bedeniň hiç hili peýdasy ýok. Men size mukaddes ruh arkaly aýdandyryn, meniň sözüm ýaşaýyş berýär+. 64 Ýöne siziň käbiriňiz ynanmarsyňyz» diýdi. Isa kimleriň iman etmejegini we kimiň dönüklik etjegini öňdenem bilýärdi+. 65 Ol sözüni dowam edip: «Şonuň üçin hem Atam rugsat bermese, hiç kim ýanyma gelip bilmez diýipdim»+ diýdi.

66 Şondan soň şägirtleriň köpüsi Isanyň ýanyndan gidip+, öňki işleri bilen meşgullandylar. 67 Şonda Isa 12 resulyndan: «Siziň hem gidesiňiz gelýärmi?» diýip sorady. 68 Simun Petrus: «Halypam, biz nirä gideli?+ Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär ahyryn+. 69 Biz saňa iman etdik, seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe göz ýetirdik»+ diýdi. 70 Isa olara: «Men 12 şägirdimi resul edip saýlapdym+, ýöne biriňiz töhmet atarsyňyz*»+ diýdi. 71 Aslynda, Isa Simunyň ogly Iuda Iskariýot hakda aýdýardy. Ol 12 resulyň biridi, ýöne Isa dönüklik etdi+.

7 Isa Ýahuda barman, Jelilede wagyz edýärdi, sebäbi ýehudylar ony öldürjek bolýardylar+. 2 Ýehudylaryň Çadyr baýramy*+ ýetip gelýärdi. 3 Doganlary+ Isa: «Şägirtleriň hem gudratlaryňy görer ýaly Ýahuda git. 4 Özüni tanatmak isleýän adam hiç zady gizlin edýän däldir. Seniň hem gudratlaryňy hemmeler* görsün» diýdiler. 5 Aslynda, doganlary oňa iman etmeýärdi+. 6 Isa olara: «Meniň gitmeli wagtym gelmedi+, ýöne siz islän wagtyňyz gidip bilersiňiz. 7 Dünýäniň sizi ýigrenmegine hiç hili sebäp ýok. Ol meni ýigrenýär, sebäbi men dünýäniň erbet işlerini paş edýärin+. 8 Siz baýramçylyga gidiberiň, men entek gitjek däl. Meniň wagtym entek gelmedi»+ diýdi. 9 Şeýlelikde, ol Jelilede galdy.

10 Doganlary baýramçylyga gidensoň, Isa-da hiç kime aýtman, gizlinlikde ýola düşdi. 11 Baýramçylyga gelen ýehudylar Isany gözläp: «Hany ol?» diýýärdiler. 12 Il arasynda Isa hakda her hili gep-gürrüň edilýärdi. Käbirleri: «Ol gowy adam» diýse, beýlekiler: «Ol erbet adam, halky azdyrýar»+ diýýärdi. 13 Ýöne adamlar ýehudylardan gorkup, Isa hakda aç-açan gürrüň edip bilmeýärdiler+.

14 Baýramçylygyň takmynan dördünji güni Isa ybadathanada adamlara öwredip başlady. 15 Ýehudylar geň galyp: «Ol dini mekdepde okamasa-da+, mukaddes kitaplary nireden bilýär?»+ diýişdiler. 16 Isa olara: «Öwredýän zatlarym özümiňki däl, meni iberen Hudaýyňkydyr+. 17 Hudaýyň islegini ýerine ýetirýän adam öwredýänlerimiň Hudaýdanmy+ ýa-da öz pikirimi aýdýandygymy bilýändir. 18 Öz pikirini öňe sürýän adam şan-şöhrat gözleýändir. Kim özüni ibereni şöhratlandyrsa+, ol hakykaty sözleýändir, dogruçyl adamdyr. 19 Musa size Töwrat kitabyny berdi+. Siz näme üçin oňa eýermeýäňiz? Meni näme üçin öldürjek bolýaňyz?»+ diýdi. 20 Adamlar: «Içiňe jyn girdimi? Kim seni öldürjek bolýar?» diýdi. 21 Isa olara: «Size birje gudrat görkezdim, muňa hemmäňiz geň galdyňyz. 22 Oýlanyp görüň, Musa pygamber size sünnetlenmegi tabşyrdy+. Ýöne siz Sabat gününde-de çagalary sünnetleýärsiňiz. Musadan öň ýaşan ata-babalaryňyz hem sünnetlenýärdi+. 23 Siz Musanyň kanuny bozulmaýar diýip, Sabat güni çagaňyzy sünnetleýärsiňiz. Onda Sabat güni bir bendäni sagaldanyma näme üçin gaharlanýarsyňyz?+ 24 Adamyň daş keşbine seredip höküm çykarmaň, adalatly höküm çykaryň»+ diýdi.

25 Iýerusalimde ýaşaýanlaryň käbiri: «Adamlar şuny öldürjek bolýarlar dälmi?+ 26 Ol halkyň öňünde gepläp dur welin, hiç kim zat diýenok. Belki, baştutanlar onuň Mesihdigine ynanandyrlar. 27 Biz onuň niredendigini bilýäris+, ýöne Mesih gelende, onuň niredendigini hiç kim bilmez» diýdiler. 28 Isa ybadathanada öwredip durka, batly ses bilen: «Siz meni tanaýarsyňyz, meniň niredendigimi bilýärsiňiz. Meniň özüm gelmedim+, meni iberen hakykatdanam bar, ýöne siz ony tanamaýarsyňyz+. 29 Ony men tanaýaryn+, men onuň wekili, meni ol iberdi» diýdi. 30 Şonda olar Isany tussag etjek boldular+, ýöne başarmadylar, sebäbi onuň wagty entek gelmändi+. 31 Emma köp adamlar Isa iman edip+: «Mesih gelse-de, şundan köp gudrat görkezermi?» diýýärdiler.

32 Fariseýler halkyň arasynda Isa hakda aýdylýan gürrüňleri eşidenlerinde, uly ruhanylar bilen dilleşip, Isany tussag etmek üçin ybadathananyň garawullaryny iberdiler. 33 Isa: «Meni ibereniň ýanyna gidýänçäm+, biraz wagt siziň bilen bolaryn. 34 Siz meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, meniň barjak ýerime-de baryp bilmersiňiz»+ diýdi. 35 Ýehudylar biri-birine: «Tapylmaz ýaly nirä gitjek bolýarka? Grekleriň arasynda ýaşaýan ýehudylaryň ýanyna baryp, greklere-de öwretjek bolýarmyka? 36 „Siz meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, meniň barjak ýerime-de baryp bilmersiňiz“ diýip, näme aýtjak bolduka?» diýişdiler.

37 Baýramçylygyň soňky, iň wajyp güni+ Isa ýerinden turup, batly ses bilen: «Kim suwsaýan bolsa, ýanyma gelip, suw içsin+. 38 Kim maňa iman etse, ýazylyşy ýaly: „Içinde ýaşaýyş suwy akar“»+ diýdi. 39 Isa iman eden adamlara beriljek mukaddes ruh hakda aýdýardy. Olara entek mukaddes ruh berilmändi+, sebäbi Isa heniz şöhratlanmandy+. 40 Isany diňläp duranlaryň käbiri: «Dogrudanam, ol gelmeli Pygamber!»+ diýişdiler. 41 Beýlekiler: «Ol Mesih!»+ diýişdiler. Başgalary bolsa: «Mesih Jelileden gelmeli däl ahyry+. 42 Ýazylmagyna görä, Mesih Dawudyň neslinden+ we onuň dogduk mekany+ Beýtullahamdan+ gelmeli dälmi?» diýdiler. 43 Şeýlelikde, märekäniň arasynda agzalalyk döredi. 44 Olaryň käbiri Isany tussag etmek isledi, ýöne başarmadylar.

45 Garawullar uly ruhanylar bilen fariseýleriň ýanyna gelende, fariseýler: «Ony näme üçin tutup getirmediňiz?» diýdiler. 46 Garawullar: «Biz şeýle gepleýän adamy ömrümizde görmändik»+ diýdiler. 47 Fariseýler olara: «Ol sizi-de aldadymy? 48 Oňa baştutanlardan ýa-da fariseýlerden ynanan barmy?+ 49 Wah, Musanyň kanunyny bilmeýän halka nälet bolsun!» diýdiler. 50 Öň Isanyň ýanyna baran Nikodim atly fariseý: 51 «Kanunymyza görä adama höküm çykarylmanka, ilki ony diňläp, işini derňemeli dälmi näme?»+ diýdi. 52 Olar Nikodime: «Senem jelilelimi? Okap göräý, Jelilede hiç haçan pygamber dörän däldir» diýdiler*.

8 12 Isa ýene-de adamlara ýüzlenip: «Men dünýäniň nurudyryn+. Meniň yzyma eýeren adam garaňkylykda däl-de, ýaşaýyş nurunda ýörär»+ diýdi. 13 Fariseýler: «Sen özüň hakda şaýatlyk edýärsiň, ýöne şaýatlygyň biderekdir» diýdiler. 14 Isa olara: «Men özüm hakda şaýatlyk etsem-de, şaýatlygym hakdyr. Men nireden gelendigimi, nirä barýandygymy bilýärin+. Ýöne siz meniň nireden gelip, nirä barýandygymy bilmeýärsiňiz. 15 Siz adamyň daş keşbine seredip höküm edýärsiňiz+, men bolsa hiç kimi höküm etmeýärin. 16 Men höküm etmeli bolsam, hökümim adalatly bolar, sebäbi men ýeke däl, meni iberen Atam meniň bilendir+. 17 Töwratda-da: „Iki adamyň şaýatlygy dogrudyr“+ diýilýär. 18 Men özüm hakda şaýatlyk edýärin, meni iberen Atam hem men hakda şaýatlyk edýändir»+ diýdi. 19 Olar: «Ataň nirede?» diýip soradylar. Isa: «Siz meni-de, Atamy-da tanamaýarsyňyz+. Eger siz meni tanan bolsadyňyz, Atamy-da tanardyňyz»+ diýip jogap berdi. 20 Isa şol sözleri ybadathananyň hazynasynyň golaýynda+ öwredip durka aýdypdy. Emma hiç kim ony tussag edip bilmedi, sebäbi onuň wagty entek gelmändi+.

21 Isa ýene-de olara: «Men gidip barýaryn. Siz meni gözlärsiňiz, ýöne barybir günäli bolup ölersiňiz+. Meniň barjak ýerime-de baryp bilmersiňiz»+ diýdi. 22 Şonda ýehudylar biri-birine: «Ol: „Meniň barjak ýerime baryp bilmersiňiz“ diýýär welin, janyna kast etjek bolýarmyka?» diýişdiler. 23 Isa sözüni dowam edip: «Siz ýerdensiňiz, men bolsa ýokardandyryn+. Siz dünýädensiňiz, men bolsa dünýäden däldirin. 24 Şonuň üçin hem günäli bolup ölersiňiz diýdim. Meniň şol gelmeli adamdygyma ynanmasaňyz, günäli bolup ölüp gidersiňiz» diýdi. 25 Olar: «Sen kim?» diýdiler. Isa olara: «Siziň bilen näme üçin gepleşip durun diýsene? 26 Men entek siz barada we çykarjak hökümim hakda köp zatlary aýtmaly. Meni Iberen hakdyr. Men Ondan eşidenlerimi dünýä yglan edýärin»+ diýdi. 27 Emma olar Isanyň öz Atasy hakda aýdýandygyna düşünmediler. 28 Isa olara: «Siz Ynsan ogluny pürsden asanyňyzda+, meniň şol gelmeli adamdygyma+ we hiç zady öz-özümden etmändigime düşünersiňiz+. Atam näme öwreden bolsa, şony-da aýdýaryn. 29 Meni Iberen meniň bilendir. Ol meni ýeke goýmaýar, men hemişe onuň halaýan işlerini edýärin»+ diýdi. 30 Isanyň sözlerini diňläp duran adamlaryň köpüsi oňa iman etdiler.

31 Isa iman eden ýehudylara: «Meniň aýdanlarymy berjaý etseňiz, hakykatdanam, şägirdim bolarsyňyz. 32 Siz hakykaty bilersiňiz+, hakykat hem sizi azat eder»+ diýdi. 33 Olar şeýle diýdiler: «Biz Ybraýymyň nesli, hiç haçan gul bolan däldiris. Sen näme üçin: „Azat bolarsyňyz“ diýýäň?» 34 Isa: «Size hakykaty aýdýaryn, günä edýän adam günäniň guludyr+. 35 Gul hojaýynyň öýünde hemişelik galyp bilmez, ýöne hojaýynyň ogly hemişelik galar. 36 Ogul sizi azat etse, hakyky azatlyga çykarsyňyz. 37 Men bilýärin, siz Ybraýymyň nesli, ýöne sözlerimi kabul etmän, meni öldürjek bolýarsyňyz. 38 Men Atamyň ýanyndakam gören zatlarymy aýdýaryn+, siz bolsa öz ataňyzdan eşiden zatlaryňyzy edýärsiňiz» diýdi. 39 Olar: «Biziň atamyz Ybraýym» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Siz Ybraýymyň çagalary+ bolan bolsaňyz, Ybraýymyň eden işlerini ederdiňiz. 40 Men Alladan eşiden hakykatymy aýdýaryn+, emma siz meni öldürjek bolýarsyňyz. Ybraýym beýle zat etmezdi. 41 Siz ataňyzyň edýän işlerini edýärsiňiz» diýdi. Olar: «Biz zynadan* dogulmadyk, biziň bir Atamyz bar, ol Hudaýdyr» diýdiler.

42 Isa olara: «Siziň Ataňyz Hudaý bolsa, onda meni söýerdiňiz+. Sebäbi men Hudaýdan gelip, siziň ýanyňyzda durun. Meniň özüm gelmedim, meni Ol iberdi+. 43 Meniň aýdanlarymy kabul edesiňiz gelmeýär, şonuň üçin hem sözlerime düşünmeýärsiňiz. 44 Siziň ataňyz Iblis, siz ataňyzyň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz+. Ol owal-başdan ganhordy+, onda hakykat ýokdur, şonuň üçin hakykat ýolunda durup bilmedi. Ol ýalançy we ýalanyň atasy. Şonuň üçin aýdýan zatlary hem ýalandyr+. 45 Men size hakykaty aýdýaryn, siz bolsa maňa ynanmaýarsyňyz. 46 Siziň haýsyňyz meni günäkärläp bilersiňiz? Hakykaty aýdýan bolsam näme üçin maňa ynanmaýarsyňyz? 47 Hudaýyň perzentleri Hudaýy diňleýändir+. Siz bolsa Hudaýyň perzentleri däl, şonuň üçin Hudaýy diňlemeýärsiňiz»+ diýdi.

48 Ýehudylar oňa: «Saňa samariýaly+, jynly adam diýip dogry aýdypdyrys»+ diýdiler. 49 Isa olara: «Men jynly däl. Men Atamy şöhratlandyrýaryn, siz bolsa meni sylamaýarsyňyz. 50 Men özümi şöhratlandyrmak islemeýärin+, meni şöhratlandyrýan we kazylyk edýän biri bar. 51 Size hakykaty aýdýaryn, meniň aýdanlarymy berjaý edýän adam hiç haçan ölmez»+ diýdi. 52 Ýehudylar: «Dogrudanam, sen jynly ekeniň. Ybraýymam, pygamberlerem öldi, sen bolsa: „Meniň aýdanlarymy berjaý edýän adam hiç haçan ölmez“ diýýärsiň. 53 Sen özüňi Ybraýym atamyzdan hem beýik hasaplaýaňmy? Pygamberleriň ählisi öldi. Sen özüňe kimdirin öýdýäň?» diýdiler. 54 Isa olara: «Men özümi şöhratlandyrýan bolsam, meniň şöhratym biderekdir. Meni Atam şöhratlandyrýar+, siz oňa Hudaýymyz diýýärsiňiz. 55 Emma siz ony tanamaýarsyňyz+, men bolsa ony tanaýaryn+. Eger men ony tanamaýaryn diýsem, onda siziň ýaly ýalançy bolardym. Ýöne men ony tanaýaryn we aýdanyny berjaý edýärin. 56 Ybraýym ataňyz meniň geljek günüme sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ol şol güni göz öňüne getirip* begendi»+ diýdi. 57 Şonda ýehudylar: «Ýaşyň 50-ä ýetenok welin, Ybraýymy nädip gördüň?» diýdiler. 58 Isa olara: «Size hakykaty aýdýaryn, men Ybraýym dünýä inmänkä-de bardym»+ diýdi. 59 Şonda olar Isany daşlajak boldular, ýöne ol gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi.

9 Isa ýolda dogabitdi kör adama duşdy. 2 Şägirtleri: «Mugallym*+, ol näme üçin kör bolup doguldy? Özi günä etdimi ýa-da ene-atasy?» diýip soradylar. 3 Isa: «Onuň özi-de, ene-atasy-da günä eden däldir. Ýöne ol arkaly adamlar Hudaýyň etjek gudratyny görerler+. 4 Biz meni Ibereniň işlerini heniz gündizkä etmeli+, gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez. 5 Men dünýädekäm, dünýäniň nurudyryn»+ diýdi. 6 Ol sözüni tamamlandan soň, ýere tüýkürip palçyk ýasady. Soňra palçygy körüň gözüne çalyp+: 7 «Bar, Silowam howdanynda gözüňi ýuw» diýdi (Silowam «güýçli akym» diýmegi aňladýar). Ol hem gidip, gözüni ýuwdy welin, gözi açyldy+ we yzyna dolanyp geldi.

8 Goňşulary we dilegçidigini bilýän adamlar: «Ol şol dilegçi dälmi?» diýdiler. 9 Käbirleri: «Hawa, şol adam» diýse, beýlekiler: «Ýok, ol däl, ýöne şoňa meňzeş» diýýärdi. Ol bolsa: «Men şol» diýýärdi. 10 Olar: «Gözüň nädip açyldy?» diýip soradylar. 11 Ol: «Isa atly bir adam palçyk ýasap, gözüme çaldy-da: „Silowama gidip gözüňi ýuw“+ diýdi. Menem aýdyşy ýaly etdim welin, gözüm açyldy» diýip jogap berdi. 12 Olar: «Ol adam nirede?» diýip soradylar. Ol: «Bilemok» diýip jogap berdi.

13 Olar gözi açylan adamy fariseýleriň ýanyna äkitdiler. 14 Isanyň palçyk ýasap, kör adamyň gözüni açan+ güni Sabat günüdi*+. 15 Şonda fariseýler kör adamdan gözüniň nädip açylandygyny soradylar. Kör adam: «Ol gözüme palçyk çaldy. Men gözümi ýuwanymda, görüp başladym» diýdi. 16 Fariseýleriň käbiri: «Ol Hudaýyň iberen adamy däl, sebäbi Sabat güni baradaky tabşyrygy bozdy»+ diýdiler. Başga fariseýler bolsa: «Günäkär adam şeýle gudratlary edip bilermi näme?»+ diýdiler. Şeýlelikde, olaryň arasynda agzalalyk döredi+. 17 Olar ýene-de kör adamdan: «Gözüňi açan adam barada sen näme aýdarsyň?» diýip soradylar. Kör bolsa: «Ol pygamber» diýip jogap berdi.

18 Ýehudylar onuň dogabitdi kör bolandygyna ynanman ene-atasyny çagyryp: 19 «Şu dogabitdi kör siziň ogluňyzmy? Onuň nädip gözi açyldy?» diýip soradylar. 20 Ene-atasy: «Ol biziň oglumyz, kör bolup doguldy. 21 Ýöne gözüni kimiň açandygyny, nädip açylandygyny bilemizok. Özünden soraň, ol uly adam ahyry. Goý, özi jogap bersin» diýdiler. 22 Aslynda, olar ýehudylardan gorkup şeýle jogap berdiler+. Sebäbi ýehudylar Isanyň Mesihdigine ynanýan adamlary sinagogadan kowmaly diýip dilleşipdiler+. 23 Şonuň üçin hem ene-atasy: «Özünden soraň, ol uly adam» diýipdi.

24 Olar kör adamy ikinji gezek çagyryp: «Hudaýdan ant iç, biz ol adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler. 25 Kör adam: «Onuň günäkärmi ýa günäkär däldigini bilemok. Ýöne bir zady bilýärin, men öň kördüm, indi görýärin» diýip jogap berdi. 26 Olar: «Ol saňa näme etdi? Gözüňi nädip açdy?» diýip soradylar. 27 Kör adam: «Öň aýtdym ahyry, ýöne siz diňlemediňiz. Siziň ýene-de eşidesiňiz gelýärmi? Ýa sizem şägirdi boljakmy?» diýdi. 28 Olar köre sögüp: «Sen onuň şägirdi, biz Musa pygamberiň şägirtleri. 29 Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris, ýöne ol adamy kimiň iberendigini bilemizok» diýdiler. 30 Ol bolsa: «Geň galaýmaly! Ony kimiň iberendigini bilmeýäňizmi? Ol meniň gözümi açdy ahyry. 31 Hudaý günäkär adamyň dilegini eşitmeýär+, ýöne hudaýhony we islegini berjaý edýäni diňleýär+. 32 Biz dogabitdi kör adamyň gözüniň açylandygyny şu çaka çenli eşitmändik. 33 Eger ol adamy Hudaý ibermedik bolsa, hiç zat edip bilmezdi»+ diýdi. 34 Olar: «Sen bütinleý günäde doglup-da, bize akyl öwretjek bolýaňmy?» diýip, kowup goýberdiler+.

35 Isa kör adamy kowup goýberendiklerini eşidip, ony gözläp tapdy-da: «Ynsan ogluna iman edýäňmi?» diýip sorady. 36 Ol: «Agam, ol kim? Men oňa iman edeýin» diýdi. 37 Isa: «Sen ony gördüň. Ol häzir seniň bilen gepleşip dur» diýdi. 38 Ol hem: «Agam, saňa iman edýärin» diýip, oňa tagzym etdi. 39 Isa: «Men dünýäni höküm etmäge geldim, körler görer+, görýänler bolsa kör bolar»+ diýdi. 40 Isany diňläp duran fariseýler: «Näme, biz körmi?» diýdiler. 41 Isa olara: «Siz kör bolan bolsadyňyz, günäli bolmazdyňyz. Indi günäňiz geçilmez, sebäbi: „Biz görýäris“ diýýärsiňiz»+ diýdi.

10 Isa şeýle diýdi: «Size hakykaty aýdýaryn, agyla gapydan däl-de, başga ýerden girýän adam ogry we talaňçydyr+. 2 Agylyň gapysyndan girýän adam çopandyr+. 3 Garawul oňa agylyň gapysyny açýandyr+, goýunlar hem çopanyň sesini eşidip, gulak asýandyr+. Çopan goýunlaryny atma-at çagyryp, agyldan çykarýar. 4 Ol goýunlarynyň ählisini çykaryp, olaryň öňünden ýöreýär. Goýunlar hem onuň sesini tanap yzyna düşýär. 5 Goýunlar nätanyş adamyň sesini tanaýan däldir. Şonuň üçin süri onuň yzyna düşmez, ondan gaçar». 6 Isa olara şu mysaly gürrüň berdi, ýöne manysyna düşünmediler.

7 Isa ýene-de şeýle diýdi: «Size hakykaty aýdýaryn, men goýunlar üçin gapydyryn+. 8 Meniň adymdan ýalan sözläp gelýänleriň bary ogry hem talaňçydyr. Goýunlar olara gulak asýan däldir. 9 Men gapydyryn. Men arkaly agyla girýän halas bolar. Ol girer-çykar, öri meýdany tapar+. 10 Ogry goýunlary ogurlamak, soýmak we öldürmek üçin gelýär+. Men bolsa olara ýaşaýyş bermek, ebedi ýaşatmak üçin geldim. 11 Men gowy çopandyryn+. Gowy çopan goýunlary üçin janyndan geçmäge taýyndyr+. 12 Goýunlary bakmak üçin hakyna tutulan adam hakyky çopan däldir. Ol sürini pul üçin bakýar. Ol möjegiň gelýänini görüp, sürini taşlap gaçyp gidýär. Möjek sürä topulyp, goýunlary dyr-pytrak edýär. 13 Hakyna tutulan adam goýunlaryň aladasyny etmeýär. 14 Men gowy çopandyryn. Men goýunlarymy tanaýaryn, olar hem meni tanaýarlar+. 15 Atamyň meni tanaýşy ýaly, men hem Atamy tanaýaryn+. Men goýunlarym üçin janymy bermäge taýyn+.

16 Meniň şu agyldaky goýunlarymdan başga goýunlarym hem bar+. Men olary hem getirmeli. Olar sesimi eşidip, maňa gulak asarlar. Şonda bir süri, bir çopan bolar+. 17 Atam meni söýýär+, sebäbi men janymy gurban edýärin+, soňra janymy gaýtaryp alaryn. 18 Hiç bir adam janymy alyp bilmeýär, men ony öz islegim bilen gurban edýärin. Janymy gurban etmäge-de, yzyna almaga-da hakym bar+. Muny Atam tabşyrdy».

19 Isanyň aýdanlary sebäpli ýehudylaryň arasynda ýene-de agzalalyk döredi+. 20 Olaryň köpüsi: «Ol jynly, akylyndan azaşypdyr. Ony näme üçin diňleýäňiz?» diýýärdiler. 21 Beýlekiler bolsa: «Eşidenlerimiz jynly adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn kör adamyň gözüni açyp bilermi?» diýdiler.

22 Şol wagt gyş paslydy. Iýerusalimde Dikeldiş baýramy* geçirilýärdi. 23 Isa ybadathananyň Süleýmanyň sütünleri diýilýän ýerinde durdy+. 24 Ýehudylar Isanyň daşyna üýşüp: «Bizi haçana çenli kösäp ýörjek? Mesih bolsaň, açyk aýt» diýdiler. 25 Isa olara: «Men size aýdypdym, ýöne ynanmadyňyz. Men hakda Atamyň adyndan edýän işlerim şaýatlyk edýär+. 26 Ýöne maňa ynanmadyňyz, sebäbi siz meniň goýunlarym däl+. 27 Goýunlarym sesimi eşidip, maňa gulak asýar, men olary tanaýaryn, olar hem meniň yzyma düşýär+. 28 Men olara ebedi ýaşaýyş bererin+. Olary hiç kim elimden kakyp alyp bilmez, hiç kim ýok edip bilmez+. 29 Atamyň beren goýunlary ähli zatdan gymmatlydyr, hiç kim olary Atamyň elinden alyp bilmez+. 30 Atam ikimiz agzybir»+ diýdi.

31 Ýehudylar Isany ýene-de daşlajak boldular. 32 Isa olara: «Men Atamyň buýrugy bilen size köp ýagşy işleri etdim. Olaryň haýsysy üçin meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi. 33 Ýehudylar: «Seniň eden ýagşylygyň üçin däl, Hudaýa dil ýetirýäniň üçin daşlajak bolýarys+. Sen ynsan bolsaň-da, özüňi Hudaýa deňeýäň» diýip jogap berdiler. 34 Isa olara şeýle diýdi: «Töwratda* Hudaý: „Siz taňrylar“+ diýmeýärmi näme? 35 Hudaý ýazgarýan adamlaryna „taňrylar“+ diýýär (ýazylan zatlary hiç kim üýtgedip bilmez). 36 Siz maňa, Atanyň mukaddes eden we dünýä iberen adamyna „Men Hudaýyň Ogly“ diýeni üçin „Hudaýa dil ýetirdi“ diýýärsiňiz+. 37 Men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda maňa iman etmäň. 38 Eger edýän bolsam, aýdýanlaryma ynanmasaňyz-da, edýän işlerime ynanyň+. Şonda siz Atamyň meniň bilendigini, meniň hem Atam bilendigimi bilersiňiz»+. 39 Olar Isany ýene-de tussag etjek boldular, ýöne Isa olaryň elinden gaçyp gutuldy.

40 Isa ýene-de Iordandan geçip, Ýahýanyň adamlary başda suwa çümdüren ýerine gidip+, şol ýerde boldy. 41 Onuň ýanyna köp adamlar gelip, biri-birine: «Ýahýa bir gudrat hem görkezmedi, ýöne şu adam hakda aýdanlary dogry eken»+ diýýärdi. 42 Olaryň köpüsi Isa iman etdiler.

11 Betaniýa obasynda Lazar atly adam keselläp ýatyrdy. Onuň Merýem we Marta+ diýen doganlary bardy. 2 Merýem Halypamyzyň aýagyna atyr ysly ýag guýup, saçy bilen süpüripdi+. Keselläp ýatan Lazar Merýem bilen dogandy. 3 Lazaryň gyz doganlary: «Halypam, gowy görýän dostuň agyr ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar. 4 Isa habary eşidip: «Onuň keseli ölüm bilen tamamlanmaz, ol Hudaýy we Ogluny şöhratlandyrar»+ diýdi.

5 Isa Martany, Merýemi we Lazary gowy görýärdi. 6 Emma ol Lazaryň agyr ýatandygyny eşitse-de, myhman ýerinde ýene iki gün galdy. 7 Soňra Isa şägirtlerine: «Ýörüň, ýene Ýahuda gideliň» diýdi. 8 Şägirtleri: «Mugallym*+, ýahudalar seni daşlajak boldular-a+, sen ýene-de şol ýere gitjekmi?» diýdiler. 9 Isa: «Gündiz 12 sagat dowam edýär+. Gündiz ýöreýän adam büdreýän däldir, sebäbi dünýäniň nuruny görýändir. 10 Emma gije ýöreýän adam büdreýändir, sebäbi onda nur ýokdur» diýdi.

11 Isa sözüni dowam edip: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr+, men ony turuzmaga gitjek» diýdi. 12 Şägirtleri: «Halypam, ol uklap ýatan bolsa turar» diýdiler. 13 Isa Lazaryň ölendigini göz öňünde tutupdy, ýöne şägirtleri muňa düşünmän, Lazar dynç alyp ýatandyr öýtdüler. 14 Şonda Isa olara açyk aýtdy: «Lazar öldi+. 15 Men ýanynda bolmandygyma begenýärin, sebäbi siz etjek gudratymy görersiňiz, imanyňyz hem berkär. Ýörüň, ýanyna gideliň». 16 Ekiz lakamly Tomas beýleki şägirtlere: «Ýörüň, ölmeli bolsak-da, Isa bilen gideliň»+ diýdi.

17 Isa baryp görse, Lazaryň mazarda ýatanyna dört gün bolupdyr. 18 Betaniýa Iýerusalimiň golaýyndady. Olaryň arasy takmynan iki çakryma* golaýdy. 19 Ençeme ýehudylar Marta bilen Merýeme göwünlik bermäge gelipdiler. 20 Marta Isanyň gelýänini eşidip, garşylamaga gitdi. Merýem+ bolsa öýde galdy. 21 Marta Isa: «Halypam, ýanynda bolan bolsaň, doganym ölmezdi. 22 Ýöne seniň dilegiňi Hudaýyň eşitjekdigine häzirem ynanýaryn» diýdi. 23 Isa: «Doganyň direler» diýdi. 24 Marta: «Men onuň gelejekde* ölüleriň direljek wagty direljegini bilýärin»+ diýdi. 25 Isa: «Direldýänem, ýaşadýanam mendirin+. Maňa iman eden ölse-de, ýene ýaşar. 26 Her bir ýaşaýan we maňa iman edýän adam hiç haçan ölmez+. Sen muňa ynanýaňmy?» diýdi. 27 Ol: «Halypam, ynanýaryn! Sen Hudaýyň Oglusyň, dünýä gelmeli Mesihsiň» diýdi. 28 Soňra Marta öýüne gitdi-de, Merýemiň gulagyna pyşyrdap: «Mugallym+ geldi, seni çagyrýar» diýdi. 29 Merýem hem şol bada ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi.

30 Isa oba girmändi, henizem Marta bilen görşen ýerinde durdy. 31 Şonda Merýeme göwünlik bermäge gelen ýehudylar hem yzyna düşüp gitdiler, sebäbi Merýem aglamak üçin mazara gidendir öýtdüler+. 32 Merýem Isanyň ýanyna baryp, dyza çöküp, aýagyna ýykyldy-da: «Halypam, ýanynda bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýdi. 33 Isa Merýemiň we yzyna düşüp gelen ýehudylaryň aglaşyp durandygyny görüp gynandy, ýüregi para-para boldy. 34 Ol: «Nirede jaýladyňyz?» diýip sorady. Olar: «Halypam, ýör, görkezeli» diýdiler. 35 Şonda Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş döküldi+. 36 Ýehudylar muny görüp: «Serediň, Lazary gowy görýän eken» diýdiler. 37 Ýöne käbirleri: «Körüň gözüni açan adam+, Lazar ölmez ýaly bir alajyny tapmazdymy?» diýdiler.

38 Isanyň ýüregi ýene-de gyýym-gyýym boldy. Ol mazara geldi. Gowakda ýasalan mazaryň agzynda uly daş durdy. 39 Isa: «Daşy aýryň» diýdi. Şonda merhumyň dogany Marta: «Halypam, onuň ölenine dört gün boldy, eýýäm porsandyr» diýdi. 40 Isa: «Maňa iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmedimmi?»+ diýdi. 41 Daşy aýranlarynda, Isa göge seredip+: «Atam, dilegimi eşideniňe minnetdar! 42 Elbetde, sen hemişe dilegimi eşidýärsiň. Ýöne şu adamlar hem seniň meni iberendigiňe iman etsinler diýip aýtdym»+ diýdi. 43 Soňra batly ses bilen: «Lazar, daşaryk çyk!»+ diýdi. 44 Şonda el-aýagy kepene dolangy, ýüzüne ýaglyk daňylgy merhum mazardan çykdy. Isa adamlara: «Kepenini aýryň, arkaýyn ýöresin» diýdi.

45 Şeýlelikde, Merýemiň ýanyna gelen ýehudylar muny görüp, Isa iman etdiler+. 46 Olaryň käbirleri Isanyň eden işini fariseýlere gürrüň berdiler. 47 Şonda uly ruhanylar bilen fariseýler Mejlisde* ýygnanyşyp: «Ol köp gudratlar edýär+. Näme etsekkäk? 48 Eger öňüni almasak, hemmeler iman ederler. Rimliler bolsa ybadathanamyzy-da, halkymyzy-da basyp alarlar» diýdiler. 49 Olaryň biri, ýagny şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa+: «Siz nämeleriň bolýanyna düşüneňizok. 50 Adamlar heläk bolandan, halk üçin bir adamyň öleni gowy bolmazmy?» diýdi. 51 Ol muny öz-özünden aýtmandy. Kaýafa şol ýyl baş ruhany bolandygy sebäpli, Isanyň halk üçin ölmelidigini pygamberlik etdi. 52 Isa diňe halk üçin däl, Hudaýyň ähli ýerlere dargan perzentlerini bir ýere jemlemek üçin ölmelidi. 53 Şol gün olar Isany öldürmek üçin dil düwüşdiler.

54 Şondan soň Isa ýehudylaryň arasynda aç-açan ýöremeýärdi. Ol çölüň golaýyndaky Efraýym şäherine+ gidip, şägirtleri bilen şol ýerde galdy. 55 Ýehudylaryň Pasha baýramy+ ýetip gelýärdi. Dürli ýerlerden adamlar hem Iýerusalime geldiler. Olar Pasha baýramyndan öň tämizlenmek üçin gelipdiler. 56 Olar Isany gözleýärdiler, ybadathanada biri-birine: «Ol baýramçylyga gelermikä?» diýişýärdiler. 57 Uly ruhanylar bilen fariseýler adamlara Isany görseler habar bermegi tabşyrypdylar. Olar Isany tussag etjek bolýardylar.

12 Pasha baýramyna alty gün galanda, Isa Betaniýa geldi. Direlen Lazar+ şol ýerde ýaşaýardy. 2 Şonda Isany agşamlyk naharyna çagyrdylar, Marta olara hyzmat edýärdi+. Isa bilen saçak başynda oturanlaryň arasynda Lazar hem bardy. 3 Merýem ýarym litre golaý* atyr ysly gymmatbaha sap sünbül* ýagy alyp, Isanyň aýagyna guýdy-da, saçy bilen süpürdi. Ýagyň ysy öýüň içine ýaýrady+. 4 Isa dönüklik etjek şägirdi Iuda Iskariýot bolsa+: 5 «Ýagy 300 teňňä* satyp, puluny garyplara paýlasa gowy bolardy» diýdi. 6 Iuda garyplaryň aladasyny edýändigi üçin däl, ogry bolandygy üçin şeýle diýipdi. Ol pul atylýan guta seredýärdi, şol puldan ogurlaýardy. 7 Şonda Isa: «Degmäň, ol meni jaýlamaga taýýarlaýar+. 8 Garyplar hemişe ýanyňyzda bolar+, emma men siziň ýanyňyzda hemişe bolmaryn»+ diýdi.

9 Ýehudylaryň köpüsi Isanyň nirededigini bilip, ýanyna gitdiler. Olar diňe Isany däl, direlen Lazary hem görjek bolýardylar+. 10 Uly ruhanylar Lazary hem öldürmegiň küýüne düşdüler. 11 Sebäbi Lazary görmäge giden ençeme ýehudylar Isa iman edýärdiler+.

12 Ertesi gün baýramçylyga gelen uly märeke Isanyň Iýerusalime gelýändigini eşitdi. 13 Olar hurma agajynyň şahalaryny alyp, ony garşylamaga çykdylar-da, batly ses bilen: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, ony halas et! Ýehowanyň* adyndan gelýän+ Ysraýyl Patyşasyna şöhrat bolsun!»+ diýişdiler. 14 Isa bir taýhary tapyp mündi+. Sebäbi: 15 «Gorkma, Sion gyzy! Ine, patyşaň taýhara, eşegiň balasyna münüp gelýär»+ diýip ýazylgydyr. 16 Isanyň şägirtleri muňa başda düşünmediler. Emma Isa şöhratlananda+, şägirtleri şol sözleriň Isa hakda ýazylandygyna we ähli zadyň ýazylyşy ýaly berjaý bolandygyna düşündiler+.

17 Isanyň Lazary mazardan çagyryp+, direldendigine köp adamlar şaýat boldy. Olar hem gören zatlaryny halka gürrüň berdiler+. 18 Isanyň eden gudraty hakda eşiden adamlar hem garşylamaga çykdylar. 19 Fariseýler bolsa biri-birine: «Serediň-ä, elimizden hiç zat gelenok. Bütin dünýä yzyna düşýär»+ diýişdiler.

20 Hudaýa sežde etmek üçin baýramçylyga gelenleriň arasynda grekler hem bardy. 21 Olar Jeliläniň Beýtsaýda şäherinden bolan Filipusyň+ ýanyna gelip: «Agam, biz Isany görmek isleýäris» diýip haýyş etdiler. 22 Filipus muny Andreasa aýtdy. Andreas bilen Filipus gidip, Isa aýtdylar.

23 Isa olara: «Ynsan oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi+. 24 Size hakykaty aýdýaryn, bugdaý dänesi topraga düşüp ýarylmasa*+, däneligine galar. Ýöne ýarylsa, köp hasyl berer. 25 Janyny söýýän adam ony heläk eder, ýöne şu dünýäde janyny ýigrenýän adam+ ony halas edip, ebedi ýaşar+. 26 Kim maňa hyzmat etmek islese, yzyma düşsün. Men nirede bolsam, ol hem şol ýerde bolar+. Maňa hyzmat edýän adamy Atam hem hormatlar. 27 Men gam-gussa batýaryn+, ýöne näme diýeýin? Atam, meni agyr synagdan* halas et+. Bilýärin, men şonuň üçin ýer ýüzüne geldim. 28 Atam, adyňy şöhratlandyr» diýdi. Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym, ýene-de şöhratlandyraryn»+ diýen ses eşidildi+.

29 Şonda käbir adamlar gök gürledi diýişdiler. Beýlekiler bolsa: «Onuň bilen perişde gepleşdi» diýdiler. 30 Isa: «Ses meniň üçin däl, siziň üçin geldi. 31 Dünýäniň höküm edilmeli wagty geldi. Dünýäniň hökümdary+ kowup çykarylar+. 32 Meni pürsden asanlarynda+, ähli halklary ýanyma getirerin» diýdi. 33 Aslynda, Isa özüniň nädip öldüriljekdigini aýtdy+. 34 Märeke oňa: «Töwratda* Mesih ebedi ýaşar diýilýär+. Sen näme üçin Ynsan ogly pürsden asylar diýýärsiň?+ Ynsan ogly diýýäniň kim?» diýdi. 35 Isa: «Nur araňyzda ýene az wagt bolar. Garaňkylyk sizden üstün çykmaz ýaly, nurda geziň. Garaňkylykda ýöreýän adam nirä barýanyny bilmeýär+. 36 Nur araňyzdaka, oňa iman ediň, şonda nuruň ogullary bolarsyňyz»+ diýdi.

Isa sözüni tamamlap, olaryň ýanyndan gidip gizlendi. 37 Isa köp gudrat görkezse-de, oňa iman etmediler. 38 Şeýdip, Işaýa pygamberiň: «Ýehowa*, biziň aýdan habarymyza kim ynandy?+ Ýehowanyň* gudratly goluny kim gördi?»+ diýen sözleri ýerine ýetdi. 39 Işaýa olaryň näme üçin iman etmändigini şeýle düşündirdi: 40 «Gözleri görmez ýaly, ýürekleri bilen düşünmez ýaly, Hudaý olaryň gözlerini kör etdi we ýüreklerini gatatdy. Olar yzyna dolanmazlar, Hudaý hem olary sagaltmaz»+. 41 Işaýa pygamber Mesihiň şöhratyny görendigi üçin şeýle diýipdi+. 42 Ýehudy baştutanlarynyň hem köpüsi Isa iman edýärdiler+, ýöne fariseýleriň ýanynda dil ýaryp bilmeýärdiler. Sebäbi sinagogadan kowlarys öýdüp gorkýardylar+. 43 Olar Hudaýa ýaranmagy däl-de, adamlara ýaranmagy gowy görýärdiler+.

44 Isa batly ses bilen: «Maňa iman edýän, diňe maňa däl, meni Iberene-de iman edýändir+. 45 Meni görýän meni Ibereni-de görýändir+. 46 Maňa iman eden garaňkylykda bolmaz ýaly+, men dünýä nur hökmünde geldim+. 47 Sözümi eşitse-de, berjaý etmeýän adamy günäkärlemeýärin. Sebäbi men dünýäni höküm etmäge däl-de, halas etmäge geldim+. 48 Meni äsgermeýän we aýdanlaryma gulak asmaýan adam höküm ediler. Oňa gelejekde* meniň sözlerimiň esasynda höküm ediler. 49 Men öz sözümi aýtmadym, meni iberen Atam näme diýip, näme öwretmelidigini tabşyrdy+. 50 Onuň tabşyrygyna gulak asmagyň ebedi ýaşaýşa eltýändigini bilýärin+. Atam maňa näme aýtsa, men şony-da aýdýaryn»+ diýdi.

13 Isa şu dünýäden gidip, Atasynyň ýanyna dolanmaly wagtynyň+ gelendigini Pasha baýramyndan öň hem bilýärdi+. Ol şu dünýäde ýaşaýan şägirtlerini soňky demine çenli söýdi+. 2 Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis Isa dönüklik etjek+ Simunyň ogly Iuda Iskariýotyň içine giripdi+. 3 Isa Atasynyň ähli zady oňa tabşyrandygyny we Hudaýdan gelip, ýene yzyna dolanmalydygyny bilýärdi+. 4 Isa saçak başyndan turup, donuny çykardy-da, ýaglyk bilen bilini guşady+. 5 Soňra legene suw guýup, şägirtleriniň aýagyny ýuwup başlady, biline daňan ýaglygy bilen aýaklaryny süpürdi. 6 Soňra ol Simun Petrusyň ýanyna bardy. Petrus bolsa: «Halypam, aýagymy ýuwjak bolýaňmy?» diýdi. 7 Isa: «Näme edýändigime häzir düşünmersiň, soň düşünersiň» diýdi. 8 Ýöne Petrus: «Saňa aýagymy ýuwdurmaryn» diýdi. Isa: «Ýuwdurmasaň+, meniň ýanymda bolup bilmersiň» diýdi. 9 Simun Petrus: «Halypam, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, kellämi-de ýuw» diýdi. 10 Isa: «Suwa düşen adamyň bedeni arassadyr, şonuň üçin aýagyny ýuwmak ýeterlikdir. Ýöne araňyzda biriňiz arassa däl» diýdi. 11 Isa kimiň dönüklik etjekdigini bilýärdi+. Şonuň üçin hem: «Araňyzda biriňiz arassa däl» diýdi.

12 Isa olaryň aýagyny ýuwansoň, donuny geýip, saçak başyna geçdi. Ol: «Meniň näme edendigime düşündiňizmi? 13 Siz maňa „Mugallym“ we „Halypa“ diýýärsiňiz. Men, dogrudanam, Mugallymyňyz we Halypaňyz+. 14 Men Halypaňyz we Mugallymyňyz bolup-da, aýagyňyzy ýuwan bolsam+, onda siz hem biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmaly+. 15 Men size görelde görkezdim. Men näme eden bolsam, sizem şeýle etmeli+. 16 Size hakykaty aýdýaryn, gul hojaýyndan beýik däldir. Iberilen hem iberenden beýik däldir. 17 Siz muňa düşünip, ýerine ýetirseňiz, bagtly bolarsyňyz+. 18 Men siziň ähliňiz hakda aýtmaýaryn. Men saýlan adamlarymy tanaýaryn. Ýöne: „Bile çörek iýenim arkamdan pyçak sokdy*“+ diýen sözler ýerine ýetmeli+. 19 Men size boljak zatlary öňünden aýdýaryn. Ähli zat berjaý bolanda, meniň Mesihdigime iman edersiňiz+. 20 Size hakykaty aýdýaryn, iberenimi kabul edýän meni-de kabul edýändir+, meni kabul edýän bolsa, meni Ibereni-de kabul edýändir»+ diýdi.

21 Isa sözüni tamamlansoň, gam-gussa batyp, şeýle diýdi: «Size hakykaty aýdýaryn, biriňiz maňa dönüklik edersiňiz»+. 22 Şägirtleri bolsa Isanyň kim hakda aýdýandygyna düşünmän, geň galyp biri-birine seretdiler+. 23 Resullaryň biri, Isanyň gowy görýän şägirdi+ ýanynda* ýassanyp otyrdy. 24 Simun Petrus oňa seredip: «Kimi göz öňünde tutýandygyny sorasana» diýip yşarat etdi. 25 Ýassanyp oturan şägirt Isa ýakynrak süýşüp: «Halypam, kim ol?» diýip sorady+. 26 Isa: «Çöregi nahara batyryp, kime bersem, şoldur»+ diýdi. Soňra çöregi nahara batyryp, Simunyň ogly Iuda Iskariýota uzatdy. 27 Iuda çöregi alan badyna, içine Şeýtan girdi+. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, çaltrak et» diýdi. 28 Emma saçak başynda oturanlaryň hiç biri Isanyň näme üçin şeýle diýendigine düşünmedi. 29 Pully gutyny Iuda göterýärdi+, şonuň üçin käbirleri Isa oňa: «Baýramçylyga gerek zatlary satyn al» diýendir ýa-da garyplara sadaka bermegi tabşyrandyr öýtdüler. 30 Iuda çöregi alan badyna çykyp gitdi. Eýýäm garaňky düşüpdi+.

31 Iuda gidensoň, Isa şägirtlerine: «Ynsan ogly şöhratlandy+, ol arkaly Hudaý hem şöhratlandy. 32 Hudaý hem Ynsan ogluny tizden şöhratlandyrar+. 33 Balalarym, siziň bilen ýene biraz wagt bolaryn. Meni gözlärsiňiz, ýöne ýehudylara aýdyşym ýaly, size-de aýdýaryn: „Meniň barjak ýerime baryp bilmersiňiz“+. 34 Size täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, meniň sizi söýşüm ýaly+, siz hem biri-biriňizi söýüň+. 35 Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler»+ diýdi.

36 Simun Petrus: «Halypam, nirä barýaň?» diýip sorady. Isa: «Meniň barjak ýerime häzir baryp bilmersiň, soň bararsyň»+ diýdi. 37 Petrus: «Halypam, häzir näme üçin gidip bilmeýän? Seniň üçin janymy bermäge-de taýyn»+ diýdi. 38 Isa: «Janyňy berjek diýýäňmi? Saňa hakykaty aýdýaryn, horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýdi.

14 «Alada etmäň+. Hudaýa-da, maňa-da iman ediň+. 2 Atamyň öýünde ýer köpdür. Men size ýer taýýarlamaga barýaryn+. Ýer köp bolmadyk bolsa, size şeýle diýmezdim. 3 Ýer taýýarlanymdan soň gelip, sizi öýüme alyp giderin. Siz hem meniň ýanymda bolarsyňyz+. 4 Siz meniň nirä barýanymy bilýärsiňiz».

5 Tomas+: «Halypam, nirä barýanyňy bilemizok. Biz nireden bileli?» diýdi.

6 Isa oňa: «Men ýol+, hakykat+ we ýaşaýyş+. Mensiz hiç kim Atamyň ýanyna baryp bilmez+. 7 Meni tanan bolsaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Indi Atamy tanadyňyz, sebäbi ony eýýäm gördüňiz»+ diýdi.

8 Filipus: «Halypam, bize Atany görkez, şol hem ýeterlikdir» diýdi.

9 Isa şeýle diýdi: «Filipus, şunça wagtlap ýanyňyzda bolsam-da, meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir+. Sen näme üçin „Atany görkez“ diýýärsiň? 10 Men Atam bilen, Atam hem meniň bilen pikirdeş*+, şoňa ynanýaňmy? Men öz pikirimi aýtmaýaryn+. Meniň bilen pikirdeş Atam men arkaly niýetini amala aşyrýar. 11 Atam ikimiziň pikirdeşdigimize* iman ediň. Iň bolmanda, eden işlerime ynanyň+. 12 Size hakykaty aýdýaryn, maňa iman edýän meniň edýän işlerimi eder. Ol hatda bulardan hem köp işleri eder+, sebäbi men Atamyň ýanyna barýaryn+. 13 Meniň adym bilen näme dileseňiz bererin, Atam hem Ogly arkaly şöhratlanar+. 14 Meniň adym bilen näme dileseňiz bererin.

15 Meni söýseňiz, tabşyryklarymy berjaý edersiňiz+. 16 Atama ýalbararyn, ol size hemişe ýardam berjek başga kömekçini+, 17 hakykaty açjak mukaddes ruhy berer+. Dünýä ony alyp bilmez, sebäbi dünýä ony görenem däldir, bilýänem däldir+. Siz bolsa ony bilýärsiňiz, sebäbi ol siziň bilendir, siziň bilen hem bolar. 18 Men sizi taşlamaryn*. Ýanyňyza hökman gelerin+. 19 Ýene az wagtdan dünýä meni görmez, ýöne siz görersiňiz+. Sebäbi men ýaşaryn, siz hem ýaşarsyňyz. 20 Şol gün Atamyň meniň bilen agzybirdigine, siziň hem meniň bilen, meniň hem siziň bilen agzybirdigime düşünersiňiz+. 21 Tabşyryklarymy kabul edip, berjaý edýän adam meni söýýändir. Meni söýýän adamy Atam hem söýer. Men hem ol adamy söýerin we özümi tanadaryn».

22 Ýahuda+: «Halypam, özüňi dünýä tanatman, näme üçin bize tanatjak bolýaň?» diýip sorady.

23 Isa şeýle jogap berdi: «Meni söýýän adam sözümi berjaý eder+, Atam hem ony söýer. Biz onuň ýanyna bararys, ol biz bilen bolar+. 24 Meni söýmeýän adam sözümi berjaý edýän däldir. Siziň eşidýän sözüňiz meniňki däl, meni iberen Atamyňkydyr+.

25 Men bulary heniz ýanyňyzdakam aýdýaryn. 26 Atamyň meniň adymdan iberjek kömekçisi, ýagny mukaddes ruh size ähli zady öwreder we aýdanlarymy ýadyňyza salar+. 27 Size parahatlygy goýup gidýärin, öz parahatlygymy berýärin+. Meniň berýän parahatlygym dünýäniň parahatlygyndan düýbünden tapawutlanýandyr. Alada etmäň, gorkmaň! 28 Siz meniň: „Gidip barýaryn, emma ýanyňyza hökman dolanaryn“ diýenimi eşitdiňiz. Meni söýýän bolsaňyz, Atamyň ýanyna barýandygyma begenersiňiz, sebäbi Atam menden beýikdir+. 29 Aýdanlarym ýerine ýetende, maňa ynanmagyňyz üçin ähli zady öňünden aýdýaryn+. 30 Siziň bilen köp gepleşip bilmerin, sebäbi şu dünýäniň hökümdary+ gelýär. Ol meniň üstümden höküm sürüp bilmez+. 31 Dünýä Atamy söýýändigimi biler ýaly, Atamyň tabşyrygyny berjaý edýärin+. Ýörüň, bärden gideliň.

15 Men hakyky üzüm agajydyryn, Atam bolsa bagbandyr. 2 Ol mendäki miwe bermeýän şahany kesip taşlaýar, miwe berýän şahany bolsa has köp miwe berer ýaly arassalaýar+. 3 Siz meniň aýdan sözlerim bilen eýýäm arassalandyňyz+. 4 Meniň bilen agzybir boluň, men hem siziň bilen agzybir bolaryn. Üzüm agajynyň çapylan şahasynyň miwe berip bilmeýşi ýaly, siz hem meniň bilen agzybir bolmasaňyz+, miwe berip bilmersiňiz. 5 Men üzüm agajy, siz onuň şahalary. Kim meniň bilen agzybir bolsa, men hem onuň bilen agzybir bolaryn. Şeýle adam köp miwe berer+, sebäbi siz mensiz hiç zat edip bilmersiňiz. 6 Meniň bilen agzybir bolmadyk adam üzüm şahalary ýaly kesilip taşlanar we gurap galar, soňra olary otlap goýbererler. 7 Meniň bilen agzybir bolsaňyz, aýdýanlarymy berjaý edersiňiz. Dilän her bir zadyňyzy alarsyňyz+. 8 Köp miwe berip, şägirdimdigiňizi subut etseňiz, Atam şöhratlanar+. 9 Atamyň meni söýşi ýaly+, men hem sizi söýýärin. Siz hem meni hemişe söýüň. 10 Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, maňa söýgüňiz sowamaz, sebäbi men hem Atamyň tabşyryklaryny berjaý edip, oňa söýgimi sowatmaýaryn.

11 Siziň hem meniň ýaly ýürekden şatlanmagyňyzy isleýärin, şonuň üçin şu sözleri aýdýaryn+. 12 Size şeýle tabşyryk berýärin: meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň+. 13 Dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden güýçli söýgi ýokdur+. 14 Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, dostum bolarsyňyz+. 15 Indi size gul diýmeýärin, sebäbi gul hojaýynyň edýän işlerini bilýän däldir. Men size dostlarym diýýärin, sebäbi Atamdan eşidenlerimiň ählisini size aýtdym. 16 Siz meni däl-de, men sizi hemişe miwe berersiňiz diýip saýladym. Meniň adym bilen Atamdan näme dileseňiz, ol size berer+.

17 Men şu zatlary biri-biriňizi söýmegiňiz üçin tabşyrýaryn+. 18 Bilip goýuň, dünýä sizi ýigrenýär, sebäbi sizden öň meni ýigrendi+. 19 Siz dünýäden bolan bolsadyňyz, onda dünýä sizi söýerdi. Indi siz dünýäden däl, sebäbi men sizi dünýäden saýlap aldym+. Şonuň üçin dünýä sizi ýigrenýär+. 20 Şuny ýadyňyzda saklaň: gul hojaýyndan uly däldir. Olar meni yzarlan bolsalar, sizi-de yzarlarlar+, maňa gulak asan bolsalar, size-de gulak asarlar. 21 Meniň şägirdimdigiňiz üçin size garşy çykarlar, sebäbi olar meni Ibereni tanamaýarlar+. 22 Men gelip, olara duýdurmadyk bolsam, günäkär bolmazdylar+. Ýöne olar indi günäsini aklap bilmezler+. 23 Meni ýigrenýän adam Atamy-da ýigrenýändir+. 24 Men hiç kimiň başarmajak zatlaryny etdim. Eger etmedik bolsam, olar günäkär hasaplanmazdy+. Olar meni gözi bilen görseler-de, meni-de, Atamy-da ýigrendiler. 25 Şeýlelikde, Töwratdaky*: „Sebäpsiz ýere meni ýigrendiler“+ diýen sözler berjaý boldy. 26 Men size Atamdan kömekçi ibererin. Atamyň iberen mukaddes ruhy size hakykaty öwredip+, men hakda şaýatlyk eder+. 27 Siz hem men hakda şaýatlyk edersiňiz+, sebäbi ilkibaşdan meniň ýanymdadyňyz.

16 Men şu zatlary imanyňyz gowşamaz* ýaly aýdýaryn. 2 Adamlar sizi sinagogadan kowarlar+. Şeýle bir günler geler: sizi öldüren adam+ Hudaýa gulluk edýändirin öýder. 3 Olar şeýle işleri Atany-da, meni-de tanamaýandyklary üçin ederler+. 4 Şol günler gelende, aýdanlarym ýadyňyza düşer+.

Men şol zatlary başda aýtmandym, sebäbi siziň ýanyňyzdadym. 5 Indi meni Ibereniň ýanyna barýaryn+. Ýöne hiç biriňiz: „Nirä barýarsyň?“ diýip soramadyňyz. 6 Meniň aýdýan sözlerim sebäpli gam-gussa batdyňyz+. 7 Bilip goýuň, meniň gitmegim size peýdaly bolar. Eger gitmesem, kömekçi+ ýanyňyza gelmez, ýöne gitsem, ony size ibererin. 8 Kömekçi gelip, dünýäniň günäsini paş eder, dogruçyllygy we Hudaýyň hökümini mälim eder. 9 Ilki bilen, günäni paş eder+, sebäbi adamlar maňa iman etmediler+. 10 Soňra meniň dogruçyl işleri edendigimi düşündirer, sebäbi men Atamyň ýanyna barýaryn, meni gaýdyp görmersiňiz. 11 Ahyrynda bolsa Hudaýyň hökümini mälim eder, sebäbi şu dünýäniň hökümdaryna höküm çykaryldy+.

12 Size aýtmaly zadym köp, ýöne häzir olara düşünmersiňiz. 13 Emma hakykaty açjak mukaddes ruhy alanyňyzda+, ol size hakykata doly düşünmäge kömek eder. Ýöne ol öz-özünden däl, Hudaýyň aýdanlaryny öwreder we boljak zatlary yglan eder+. 14 Ol meni şöhratlandyrar+, sebäbi menden eşidenlerini size yglan eder+. 15 Atamyň ähli zady meniňkidir+. Şonuň üçin hem kömekçi menden eşidenlerini yglan eder diýdim. 16 Ýene biraz wagtdan meni görmersiňiz+, ýöne biraz wagtdan soňra ýene görersiňiz».

17 Şägirtleriň käbiri biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Isa näme üçin: „Biraz wagtdan meni görmersiňiz, ýöne biraz wagtdan soňra ýene görersiňiz“ diýýärkä? Ol: „Men Atamyň ýanyna barýaryn“ diýip, nämäni göz öňünde tutduka?» 18 Olar: «„Ýene biraz wagt“ diýip, näme diýjek bolduka? Aýdanyna düşünmedik-le» diýdiler. 19 Isa olaryň sorag berjek bolýandyklaryny bilip, şeýle diýdi: «Siz: „Ýene biraz wagtdan meni görmersiňiz, ýöne biraz wagtdan soňra ýene görersiňiz“ diýen sözlerimiň manysyny biri-biriňizden soraýaňyzmy? 20 Size hakykaty aýdýaryn, siz dady-perýat edersiňiz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gam-gussa batarsyňyz, ýöne gam-gussaňyz şatlyga öwrüler+. 21 Aýal çaga dogurjak wagty azap çekýändir, ýöne çagany dünýä indirensoň, çeken azabyny unudýandyr. Şonda ol begenýär, sebäbi perzendi dünýä indi. 22 Siz hem häzir hasrat çekýärsiňiz. Ýöne meni ýene göreniňizde, ýürekden şatlanarsyňyz+, şatlygyňyzy hiç kim alyp bilmez. 23 Şol gün menden hiç zat soramarsyňyz. Size hakykaty aýdýaryn, meniň adym bilen+ Atamdan näme dileseňiz+, ol size berer. 24 Şu wagta çenli meniň adym bilen hiç zat dilemediňiz. Diläň, size berler, şatlygyňyza şatlyk goşular.

25 Men ähli zady mysallar bilen düşündirdim. Şeýle wagt geler, men mysallar bilen düşündirmän, Atam hakda açyk aýdaryn. 26 Şol gün Atamdan meniň adym bilen dilärsiňiz. Siziň üçin Atamdan men dilemeli bolmaryn. 27 Atam sizi söýýär, sebäbi siz meni söýýärsiňiz+ we Allanyň wekilidigime iman etdiňiz+. 28 Men dünýä Atamyň wekili bolup geldim. Indi bolsa dünýäni goýup, Atamyň ýanyna gidýärin»+.

29 Şägirtler: «Indi sen mysallar bilen däl-de, açyk-aýdyň aýdýarsyň. 30 Seniň ähli zady bilýändigiňe düşündik. Adamlar saňa sorag bermänkäler pikirini bilýärsiň. Şonuň üçin hem seni Hudaýyň iberendigine ynanýarys» diýdiler. 31 Isa olara: «Indi ynanýaňyzmy? 32 Şeýle wagt geler, ol eýýäm gelendir, hemmäňiz meni taşlap, öýli-öýüňize dargarsyňyz+. Emma men ýeke däl, Atam meniň bilendir+. 33 Men sizde parahatlygyň bolmagyny isleýärin+, şonuň üçin şu sözleri aýdýaryn. Dünýäde köp kynçylyk çekersiňiz, ýöne mert boluň! Men dünýäni ýeňdim»+ diýdi.

17 Isa bulary aýdansoň, göge seredip, şeýle doga etdi: «Atam, wagt geldi. Ogluň seni şöhratlandyrar ýaly, Ogluňy şöhratlandyr+. 2 Ogluň hemmelere+ ebedi ýaşaýyş berer ýaly+, oňa ähli adamlaryň üstünden höküm sürmäge ygtyýar berdiň+. 3 Ebedi ýaşaýşy almak üçin+, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý+ we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almaly+. 4 Maňa tabşyran işiňi tamamlap+, seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym+. 5 Atam, dünýä ýaradylmanka huzuryňda alan şöhratymy indi maňa gaýtaryp ber+.

6 Maňa beren adamlaryňa adyňy tanatdym+. Olar seniňkidi, olary maňa berdiň. Olar hem seniň sözüňe gulak asýarlar. 7 Olar ähli zady maňa seniň berendigiňi bildiler. 8 Maňa beren sözleriňi olara aýtdym+, olar hem kabul etdiler. Seniň wekiliňdigime ynandylar+ we seniň iberendigiňe iman etdiler+. 9 Men olar hakda doga-dileg edýärin, dünýä üçin däl, maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, sebäbi olar seniňki. 10 Meniň ähli zadym seniňkidir, seniň ähli zadyň hem meniňkidir+. Men olaryň arasynda şöhratlandym.

11 Men dünýäden gidip, seniň ýanyňa barýaryn, ýöne olar dünýäde galýarlar+. Eý mukaddes Atam, öz adyň, maňa beren adyň hatyrasyna olary gora+. Biziň agzybir bolşumyz ýaly, olar hem agzybir bolsunlar+. 12 Men olaryň ýanyndakam, seniň adyň, maňa beren adyň hatyrasyna olara göz-gulak boldum+. Men olary goradym, hiç biri heläk bolmady+. Emma ýazylan zatlar ýerine ýeter ýaly+, olardan diňe biri ýitip, heläk bolar+. 13 Häzir bolsa seniň ýanyňa barýaryn. Olar hem meniň şatlanyşym ýaly şatlansynlar diýip, şu sözleri dünýädekäm aýdýaryn+. 14 Olara seniň sözüňi aýtdym, ýöne dünýä olary ýigrendi. Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar hem dünýäden däl+.

15 Olary dünýäden almagyňy däl, Şeýtandan* goramagyňy haýyş edýärin+. 16 Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly+, olar hem dünýäden däl+. 17 Olary sözüň arkaly mukaddes et+, sebäbi seniň sözüň hakykat+. 18 Meni şu dünýä iberişiň ýaly, men hem olary dünýä iberdim+. 19 Olar hakykat arkaly mukaddes bolup biler ýaly, olaryň hatyrasyna mukaddesligimi saklaýaryn.

20 Men diňe olar üçin däl, olary diňläp, maňa iman etjek adamlar üçin hem dileýärin. 21 Atam, seniň meniň bilen, meniň hem seniň bilen agzybir bolşum ýaly+, olaryň ählisi-de agzybir bolsunlar+. Şeýlelikde, olar biziň bilen agzybir bolarlar, dünýä hem meni seniň iberendigiňe iman eder. 22 Olaryň hem biziň ýaly agzybir bolmagy üçin, olara seniň maňa beren şöhratyňy berdim+. 23 Men olar bilen agzybirdirin, sen hem meniň bilen agzybirsiň, olar hem biri-biri bilen agzybir bolsunlar. Şonda dünýä meni seniň iberendigiňe, meni söýşüň ýaly, olary-da söýýändigiňe göz ýetirer. 24 Atam, men nirede bolsam, maňa beren adamlaryň hem ýanymda bolmagyny isleýärin+. Şonda olar maňa beren şöhratyňy görerler, sebäbi sen meni dünýä ýaradylmanka söýdüň+. 25 Eý dogruçyl Atam, dünýä seni tanamady+, ýöne men seni tanaýaryn+. Emma olar meni seniň iberendigiňi bilýärler. 26 Men olara adyňy tanatdym, ýene-de tanadaryn+. Şonda meni söýşüň ýaly, olar hem adamlary söýerler, men hem olar bilen agzybir bolaryn»+.

18 Isa doga edip, soňra şägirtleri bilen Kidron jülgesinden+ geçip, bir baga bardy+. 2 Isa dönüklik eden Iuda hem şol ýeri bilýärdi, sebäbi Isa şägirtleri bilen köplenç şol baga barýardy. 3 Şonda Iuda uly ruhanylaryň, fariseýleriň iberen birtopar esgerlerini we serkerdelerini şol ýere alyp geldi. Olaryň elinde otly taýak, çyra we ýarag bardy+. 4 Isa öz başyna injek zatlary bilýärdi. Şonuň üçin öňe çykyp: «Kimi gözleýäňiz?» diýdi. 5 Olar: «Nazaretli Isany»+ diýdiler. Isa: «Men şol» diýdi. Isa dönüklik edýän Iuda hem olaryň ýanynda durdy+.

6 Isa: «Men şol» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar+. 7 Isa ýene-de: «Kimi gözleýäňiz?» diýip sorady. Olar: «Nazaretli Isany» diýdiler. 8 Isa olara: «Men şol diýdim ahyryn. Meni gözleýän bolsaňyz, olar gitsin» diýdi. 9 Şeýdip, Isanyň: «Maňa beren adamlaryň hiç birini ýitirmedim»+ diýen sözleri ýerine ýetdi.

10 Simun Petrus gylyjyny çykaryp, baş ruhanynyň hyzmatkäriniň sag gulagyny kesdi+. Hyzmatkäriň ady Malhusdy. 11 Emma Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal+. Atamyň beren käsesinden içmerin öýdýäňmi?»+ diýdi.

12 Şonda esgerler, goşun serkerdesi we ýehudylaryň iberen serkerdeleri Isany tutup, elini daňdylar. 13 Isany başda Hannanyň ýanyna äkitdiler. Ol şol ýyl baş ruhany+ bolan Kaýafanyň+ gaýynatasydy. 14 Ýehudylara halk üçin bir adamyň öleni gowudyr diýip maslahat beren hem Kaýafady+.

15 Simun Petrus bilen ýene bir şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdi+. Şol şägirt baş ruhany bilen tanyşdy. Şonuň üçin ol Isanyň yzy bilen baş ruhanynyň howlusyna girdi. 16 Petrus bolsa derwezäniň daşynda durdy. Baş ruhanyny tanaýan şägirt derwezäniň agzynda durýan hyzmatkär gyz bilen gepleşip, Petrusy howla saldy. 17 Şonda hyzmatkär gyz Petrusa: «Sen hem şol adamyň şägirdi dälmi?» diýdi. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi+. 18 Howa sowukdy, şonuň üçin hyzmatkärler we serkerdeler ot ýakyp, ýylnyp durdylar. Petrus hem olar bilen ýylnyp durdy.

19 Uly ruhany bolsa Isadan şägirtleri we öwredýän zatlary hakda soraýardy. 20 Isa: «Men adamlara aç-açan wagyz edýärdim. Elmydama ýehudylaryň ýygnanyşýan sinagogalarynda we ybadathanada öwredýärdim+, hiç zady gizlinlikde aýtmaýardym. 21 Menden näme üçin soraýaň? Eşiden adamlardan sora. Olar näme öwredendigimi bilýär» diýdi. 22 Isa muny aýdanda, serkerdeleriň biri ýüzüne şarpyk çalyp+: «Uly ruhany bilen nädip gepleşýäň?» diýdi. 23 Isa oňa: «Men nädogry zat aýtdymmy? Aýdanym dogry bolsa, näme üçin urýaň?» diýdi. 24 Soňra Hannan Isanyň elini daňdyryp, baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberdi+.

25 Simun Petrus oduň başynda ýylnyp durdy. Şonda ýanynda duranlar: «Senem onuň şägirdi gerek?» diýdiler. Ol: «Ýok» diýip, boýun almady+. 26 Baş ruhanynyň hyzmatkärleriniň biri, ýagny Petrusyň gulagyny kesen adamynyň+ garyndaşy: «Men seni bagda gördüm. Senem onuň ýanyndadyň, şeýle dälmi?» diýdi. 27 Emma Petrus ýene-de boýun almady. Edil şol wagt horaz gygyrdy+.

28 Isany Kaýafanyň öýünden Ýahudanyň hökümdary Pilatusyň köşgüne getirdiler+. Daň atypdy. Emma olar köşge girmediler, sebäbi Pasha naharyny iýmek üçin hapalanmak islemeýärdiler+. 29 Pilatus olaryň ýanyna çykyp: «Ony nämede günäkärleýäňiz?» diýip sorady. 30 Olar: «Ol jenaýatçy bolmasa, ýanyňa getirmezdik» diýip jogap berdiler. 31 Pilatus: «Äkidip, öz kanunyňyza görä jeza beriň»+ diýdi. Ýehudylar bolsa: «Biziň adam öldürmäge hakymyz ýok»+ diýdiler. 32 Şeýlelikde, Isanyň nädip öljekdigi hakda aýdan sözleri ýerine ýetmelidi+.

33 Pilatus köşge girip, Isany ýene ýanyna çagyrdy-da: «Sen ýehudylaryň Patyşasymy?»+ diýip sorady. 34 Isa: «Dogrudanam bilesiň gelýärmi? Ýa-da başgalaryň aýdany üçin soraýaňmy?» diýdi. 35 Pilatus: «Men ýehudymy?! Seni öz halkyň we uly ruhanylar tutup getirdi. Näme erbet iş etdiň?» diýip sorady. 36 Isa+: «Meniň Patyşalygym şu dünýäden däl+. Patyşalygym şu dünýäden bolsady, meniň hyzmatkärlerim söweşerdi, ýehudylaryň eline bermezdi+. Ýöne patyşalygym şu dünýäden däl» diýdi. 37 Pilatus: «Diýmek, sen patyşa-da?» diýdi. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr+. Men hakykaty wagyz etmek üçin doguldym, şonuň üçin dünýä geldim+. Hakykatyň tarapynda duran adam aýdýanlaryma gulak asýar» diýip jogap berdi. 38 Pilatus: «Hakykat diýýäniň näme?» diýdi.

Soňra Pilatus ýehudylaryň ýanyna çykyp: «Men ondan hiç hili günä tapmadym+. 39 Siziň däbiňize görä, Pasha baýramynda bir adamy azat etmeli+. Hany aýdyň, ýehudylaryň Patyşasyny boşadaýynmy?» diýdi. 40 Olar: «Ony däl, Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar. Barabbas bolsa garakçydy+.

19 Pilatus Isany gamçylamagy buýurdy+. 2 Esgerler tikenekden täç örüp, onuň kellesine geýdirdiler we egnine gyrmyzy don atdylar+. 3 Olar Isanyň ýanyna baryp: «Salam, ýehudylaryň Patyşasy!» diýip, ýüzüne şarpyk çalýardylar+. 4 Pilatus ýene-de märekäniň ýanyna çykyp: «Men ondan hiç hili günä tapmadym+, şonuň üçin öňüňize çykarýaryn» diýdi. 5 Şonda başyna tikenekden täç geýdirilen we egnine gyrmyzy don atylan Isa çykdy. Pilatus: «Ine ol adam!» diýdi. 6 Uly ruhanylar we serkerdeler Isany görüp: «Pürse çüýle! Pürse çüýle!» diýip gygyryşdylar+. Pilatus bolsa: «Äkidiň-de, özüňiz jeza beriň, men ondan hiç hili günä tapmadym»+ diýdi. 7 Ýehudylar: «Biziň kanunymyza görä, ol ölüm jezasyna mynasyp+, sebäbi özüne Hudaýyň ogly diýýär»+ diýdiler.

8 Pilatus muny eşidip, öňküden hem beter gorkdy. 9 Ol köşge girip, Isadan: «Sen nireden geldiň?» diýip sorady. Isa hiç zat jogap bermedi+. 10 Pilatus: «Näme üçin jogap bereňok? Bilýän bolsaň, seni azat etmäge-de, pürse çüýlemäge-de hakym bar» diýdi. 11 Isa: «Hudaý saňa ygtyýar bermedik bolsa, maňa höküm çykaryp bilmezdiň. Şonuň üçin meni eliňe tabşyran adam has agyr günä edendir» diýdi.

12 Pilatus ýene-de Isany azat etmegiň ýoluny gözläp başlady. Emma ýehudylar: «Ony azat etseň, Sezaryň dosty dälsiň. Özüni patyşa saýýan adam Sezaryň duşmanydyr»+ diýip gygyryşdylar. 13 Pilatus muny eşidende, Isany daşaryk çykardy, özi bolsa höküm kürsüsine baryp oturdy. Kürsi Daşly meýdança diýilýän howluda ýerleşýärdi, oňa ýewreýçe «Gabbata» diýilýär. 14 Şol gün Pasha baýramyna taýýarlyk görülýärdi+, günortan sagat on iki* töweregidi. Pilatus ýehudylara: «Ine siziň patyşaňyz!» diýdi. 15 Märeke bolsa: «Öldür! Öldür ony! Pürse çüýle!» diýip gygyryşýardy. Pilatus: «Patyşaňyza jeza bereýinmi?» diýdi. Uly ruhanylar: «Biziň Sezardan başga patyşamyz ýok» diýip jogap berdiler. 16 Pilatus hem Isany pürse çüýlemegi buýurdy+.

Şonda esgerler Isany alyp gitdiler. 17 Olar jebir pürsüni* Isa göterdip, Kelleçanak diýilýän ýere alyp gitdiler+. Ol ýere ýewreýçe «Galgota»+ diýilýär. 18 Esgerler Isanyň ýanynda iki adamy pürse çüýlediler+: birini sag, beýlekisini çep tarapynda, Isa bolsa olaryň ortasyndady+. 19 Pilatus tagtanyň ýüzüne: «Nazaretli Isa — ýehudylaryň Patyşasy»+ diýen sözleri ýazdyryp, pürsüň ýokarsyna çüýletdi. 20 Isany Iýerusalimiň golaýynda pürse çüýlänsoňlar, ýehudylaryň köpüsi ýazgyny okadylar. Ol ýewreýçe, latynça we grekçe ýazylypdy. 21 Ýehudylaryň uly ruhanylary Pilatusa: «„Ýehudylaryň Patyşasy“ däl-de, onuň aýdyşy ýaly: „Men ýehudylaryň Patyşasy“ diýip ýaz» diýdiler. 22 Pilatus bolsa: «Ýazjagymy eýýäm ýazdym» diýip jogap berdi.

23 Esgerler Isany pürse çüýläp, eşiklerini dörde bölüp, özara paýlaşdylar. Ýöne içki eşiginiň bitewi dokalandygyny görüp, 24 biri-birine: «Muny ýyrtmalyň, bije atalyň, kime düşse, şol alsyn»+ diýdiler. Şeýlelikde: «Donumy paýlaşýarlar, eşigim üçin bije atýarlar»+ diýen sözler ýerine ýetdi. Esgerler şol aýdylan sözleri berjaý etdiler.

25 Isanyň pürse çüýlenen ýerinde onuň ejesi+, daýzasy, Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem durdy+. 26 Isa ejesini we ýanynda duran gowy görýän şägirdini+ görende: «Eje, ine seniň ogluň!» diýdi. 27 Soňra şägirdine: «Ine seniň ejeň!» diýdi. Şondan soň şägirdi Isanyň ejesini öýüne alyp gitdi.

28 Biraz wagtdan Isa ähli zadyň ýerine ýetýändigini görüp: «Suwsadym»+ diýdi. Şonda ýazylan zatlar berjaý boldy. 29 Şol ýerde turşy şerapdan doly gap bardy. Duranlaryň biri pagtany* alyp, turşy şeraba batyrdy-da, taýaga* gysdyryp, Isa uzatdy+. 30 Isa turşy şerapdan dadyp: «Ähli zat berjaý boldy!»+ diýdi. Soňra başyny egip jan* berdi+.

31 Sabat gününe* taýýarlyk görülýärdi+. Ol beýik Sabat günüdi+. Sabat gününe çenli jesetler jebir pürsünde* asylgy durmaz ýaly+, ýehudylar Pilatusdan olaryň aýagyny döwüp, pürsden aýyrmagy haýyş etdiler. 32 Esgerler Isanyň sag we çep tarapynda pürse çüýlenen adamlaryň aýagyny döwdüler. 33 Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, onuň eýýäm ölendigini görüp, aýagyny döwmediler. 34 Esgerleriň biri naýzasyny alyp, Isanyň böwrüne sançdy+ welin, gan bilen suw akdy. 35 Muny wakany gözi bilen gören adam gürrüň berdi we eden şaýatlygy hakykydyr. Iman etmegiňiz üçin, ol aýdýanlarynyň dogrudygyna güwä geçýär+. 36 Şeýdip: «Hiç bir süňki-de döwülmez» diýen sözler ýerine ýetdi+. 37 Başga bir ýerde bolsa: «Naýza sanjylan adama seredip durarlar»+ diýilýär.

38 Isanyň Ýusup atly şägirdi bardy, ýöne ol ýehudylardan gorkup, muny hiç kime aýtmaýardy+. Ýusup Pilatusdan Isanyň jesedini alyp gitmäge rugsat sorady, ol hem rugsat berdi. Şonda Ýusup Isanyň jesedini äkidip jaýlady+. 39 Öň Isanyň ýanyna gije gelen Nikodim+ 30 kilograma* golaý mür* bilen aloeniň garyndysyny* getirdi+. 40 Olar Isanyň jesedini alyp, ýehudylaryň däbine görä, ýakymly ysly otlar bilen kepene* dolap jaýladylar+. 41 Isanyň pürse çüýlenen ýeriniň golaýyndaky bagda hiç kimiň jaýlanmadyk mazary bardy+. 42 Mazar golaýdady, ýehudylar hem baýramçylyga taýýarlanýardylar+, şonuň üçin Isany şol mazarda jaýladylar.

20 Hepdäniň birinji güni* magdalaly Merýem ir bilen, jahan ýagtylmanka mazara gelip+, agzyndaky daşyň aýrylandygyny gördi+. 2 Ol Simun Petrusyň we Isanyň gowy görýän şägirdiniň+ ýanyna ylgap baryp: «Halypamyzyň jesedini mazardan alyp gidipdirler+. Ýöne nirä äkidendiklerini bilemizok» diýdi.

3 Petrus bilen ýanyndaky şägirt mazary görmäge gitdiler. 4 Olaryň ikisi hem ylgap gitdiler, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara öňürti bardy. 5 Ol eglip mazaryň içine seredende, ýerde ýatan kepeni* gördi+, emma mazara girmedi. 6 Yzyndan Simun Petrus gelip, mazara girdi. Ol hem ýerde ýatan kepeni* gördi. 7 Isanyň kellesine oralan mata kepeniň ýanynda däl-de, başga ýerde ýatyrdy. 8 Şonda birinji ylgap gelen şägirt hem mazara girdi. Ol ähli zady görüp, aýdylanlara ynandy. 9 Olar Isanyň direlmelidigi+ hakda ýazylanlara doly düşünmeýärdiler. 10 Soňra şägirtler öýlerine gaýtdylar.

11 Merýem bolsa mazaryň ýanynda aglap durdy. Ol aglaý-aglaý mazaryň içine seredende, 12 ak eşikli iki perişdäniň+ oturandygyny gördi. Olaryň biri Isanyň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi aýagujunda otyrdy. 13 Olar Merýeme: «Sen näme üçin aglaýaň?» diýdiler. Ol: «Halypamyzy alyp gidipdirler. Nirä äkidendiklerini bilemok» diýdi. 14 Merýem gepläp durka, yzyna öwrülende, biriniň durandygyny gördi. Ol Isady, ýöne Merýem ony tanamady+. 15 Isa oňa: «Näme üçin aglaýaň? Kimi gözleýäň?» diýdi. Merýem oňa bagbandyr öýdüp: «Agam, jesedi sen aldyňmy? Nirede goýandygyňy aýdaý, men alyp gideýin» diýdi. 16 Isa: «Merýem!» diýdi. Merýem yzyna öwrülip: «Mugallym!» diýdi (ýewreýçe «Rabboni!»). 17 Isa oňa: «Meni beýdip saklap* durma. Men entek Atamyň ýanyna gidemok. Bar, doganlaryma aýt+: „Men Atamyň ýanyna barýaryn+. Ol siziň hem Ataňyzdyr, meniň we siziň Hudaýyňyzdyr“»+ diýdi. 18 Magdalaly Merýem şägirtleriň ýanyna gelip: «Halypamyzy gördüm!» diýip, Isanyň aýdanlaryny gürrüň berdi+.

19 Şol gün hepdäniň birinji günüdi*. Agşam düşende şägirtler ýygnanyşdylar we ýehudylardan gorkup gapylary gulplap otyrdylar. Şonda Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Salam!*»+ diýdi. 20 Soňra Isa şägirtlerine elini we böwrüni görkezdi+. Olar Halypasyny görüp begendiler+. 21 Isa ýene-de olara: «Salam!*+ Atamyň meni dünýä iberişi ýaly+, menem sizi dünýä iberýärin»+ diýdi. 22 Soňra olara tarap üfläp: «Mukaddes ruhy alyň+. 23 Kimiň günäsini bagyşlasaňyz, Hudaý hem onuň günäsini bagyşlandyr. Emma siz bir adamyň günäsini bagyşlamasaňyz, Hudaý hem bagyşlan däldir» diýdi.

24 Isa gelende, 12 resulyň biri Ekiz lakamly Tomas+ olaryň ýanynda ýokdy. 25 Şägirtler oňa: «Halypamyzy gördük!» diýdiler. Tomas bolsa: «Eliniň çüýlenen ýerini görüp, barmagymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem+ ynanmaryn» diýdi.

26 Sekiz günden şägirtler ýene-de bir öýde ýygnanyşdylar. Olaryň ýanynda Tomas hem bardy. Gapylar gulply bolsa-da, Isa peýda bolup: «Salam!*»+ diýdi. 27 Ol Tomasa: «Elime seret, barmagyňy degrip gör. Eliňi uzadyp, böwrüme degir. Indi şübhelenme, iman et» diýdi. 28 Tomas: «Halypam, Hudaýym!*» diýdi. 29 Isa: «Meni görendigiň üçin iman etdiňmi? Görmän iman edýänler bagtlydyr» diýdi.

30 Isa şägirtlerine ençeme gudratlary görkezdi, ýöne olaryň ählisi şu kitaba* ýazylmady+. 31 Şu zatlar bolsa Isanyň Mesihdigine we Hudaýyň Ogludygyna ynanmagyňyz üçin ýazyldy. Siz iman etseňiz, onuň ady arkaly ebedi ýaşarsyňyz+.

21 Isa şägirtlerine Tiberiýa deňziniň kenarynda hem göründi. Şonda şeýle waka boldy. 2 Ol ýerde Simun Petrus, Ekiz lakamly Tomas+, Jeliläniň Kana şäherinden Natanaýyl+, Zebedeýiň ogullary+ we ýene-de iki şägirt bardy. 3 Simun Petrus olara: «Men balyk tutmaga barýaryn» diýdi. Olar: «Bizem gitjek» diýdiler. Olar gaýyga münüp gitdiler, ýöne şol gije balyk tutup bilmediler+.

4 Daň atanda, Isa kenarda durdy, emma şägirtler ony tanamadylar+. 5 Isa olardan: «Balalarym, iýere zadyňyz barmy?» diýip sorady. Olar: «Ýok!» diýdiler. 6 Isa: «Tory gaýygyň sag tarapyna taşlaň, balyk tutarsyňyz» diýdi. Olar tory taşladylar welin, köp balyk tutdular, ýöne tory çekip çykaryp bilmediler+. 7 Isanyň gowy görýän şägirdi+ Petrusa: «Ol Halypamyz!» diýdi. Simun Petrus muny eşidip, ýarym-ýalaňaç egnine eşigini geýip, özüni deňze oklady. 8 Beýleki şägirtler bolsa balykdan doly tory çekip, gaýykly ýüzüp geldiler. Sebäbi olar kenardan bary-ýogy 100 metr* töweregi uzakdadylar.

9 Olar kenara gelenlerinde, otda bişip duran balygy gördüler, çörek hem bardy. 10 Isa olara: «Tutan balygyňyzdan biraz getiriň» diýdi. 11 Simun Petrus gaýygyň ýanyna baryp, uly balyklardan doly tory çekip, kenara çykardy. Torda 153 balyk bardy. Balyklar köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy. 12 Isa olara: «Geliň, ertirlik ediniň» diýdi. Şägirtleri ondan: «Sen kim?» diýip sorap bilmediler, sebäbi olar Halypasyny tanadylar. 13 Isa şägirtleriniň ýanyna gelip, olara çörek we balyk berdi. 14 Şeýlelikde, Isa direlenden soň, şägirtlerine üçünji sapar göründi+.

15 Olar ertirlik edinip bolansoň, Isa Simun Petrusdan: «Ýahýanyň ogly Simun, sen meni bulardan has köp söýýäňmi?» diýip sorady. Ol: «Hawa, Halypam! Seni gowy görýändigimi bilýänsiň» diýip jogap berdi. Isa: «Guzularymy otlat»+ diýdi. 16 Isa ikinji gezek: «Ýahýanyň ogly Simun, sen meni söýýäňmi?» diýip sorady. Ol: «Hawa, Halypam! Seni gowy görýändigimi bilýänsiň» diýdi. Isa: «Guzularymy bak»+ diýdi. 17 Isa üçünji gezek: «Ýahýanyň ogly Simun, sen meni gowy görýäňmi?» diýip sorady. Petrus onuň üçünji gezek: «Meni gowy görýäňmi?» diýip sorandygyna gynanyp: «Halypam, sen ähli zady bilýärsiň. Seni gowy görýändigimi hem bilýänsiň» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Guzularymy otlat+. 18 Saňa hakykaty aýdýaryn, sen ýaşkaň, özüň geýnip, islän ýeriňe gidýärdiň. Ýöne garranyňda eliňi uzadarsyň, seni başga biri geýindirer, islemeýän ýeriňe äkider». 19 Şeýlelikde, Isa Petrusyň nähili ölüm bilen Hudaýy şöhratlandyrjakdygyny aýtdy. Soňra oňa: «Hemişe yzyma eýer»+ diýdi.

20 Petrus yzyna seredende, Isanyň gowy görýän şägirdiniň+ yzlaryna düşüp gelýändigini gördi. Ol agşamlyk naharynda Isanyň döşüne ýaplanyp: «Halypam, saňa dönüklik etjek kim?» diýip soran şägirtdi. 21 Petrus ony görüp, Isa: «Halypam, oňa näme bolar?» diýdi. 22 Isa: «Men gelýänçäm, onuň ýaşamagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen hemişe yzyma eýer» diýdi. 23 Şonda şägirtleriň arasynda onuň ölmejekdigi hakda gürrüň ýaýrady. Emma Isa onuň ölmejekdigini aýtmandy. Ol: «Men gelýänçäm, onuň ýaşamagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi.

24 Ähli zady ýazan we şaýat bolan şol şägirtdir+. Biz onuň aýdanlarynyň hakykatdygyny bilýäris.

25 Isanyň eden işleri köpdi, ýöne olar jikme-jik ýazylsa, ýazylan kitaplar tutuş dünýä sygmasa gerek+.

Sözme-söz: hudaýdy.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: gujagynda.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: aýakgabynyň; köwşüniň.

Sözme-söz: takmynan onunjy sagatdy.

Sözme-söz: Rebbi.

Sözme-söz: Eý hatyn, biziň näme işimiz bar? Edilen teklip bilen ylalaşylmadyk wagty aýdylýan sözler. Hatyn diýen söz hormatsyzlygy aňlatmaýar.

Bir çelek 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: Rebbi.

Başga manysy: gökden dogulmadyk.

Sözme-söz: suwdan we ruhdan dogulmadyk.

Sözme-söz: dünýäni.

Sözme-söz: Oglunyň adyna.

Sözme-söz: Rebbi.

Sözme-söz: möhürini basandyr.

Ýa-da: ölçemän.

Sözme-söz: takmynan altynjy sagatdy.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Rebbi.

Sözme-söz: ýedinji sagat.

Goşmaça maglumata serediň: A3.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: dinarlyk. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Takmynan 5-6 km. Sözme-söz: takmynan 25-30 stadiý. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: Rebbi.

Ýa-da: razylyk möhürini.

Sözme-söz: soňky günde.

Sözme-söz: soňky günde.

Sözme-söz: çekmese.

Sözme-söz: soňky günde.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: Hudaýdan.

Sözme-söz: dünýä.

Sözme-söz: soňky günde.

Ýa-da: içgidir.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: sizi büdretdimi?

Ýa-da: biriňiz iblis.

Ýa-da: Çatma baýramy.

Sözme-söz: dünýä.

Käbir gadymy we ynama mynasyp golýazmalarda şu babyň 53-nji aýadyndan 8-nji babyň 11-nji aýadyna çenli ýok.

Ýa-da: ahlaksyzlykdan. Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Ýa-da: şol güni görüp.

Sözme-söz: Rebbi.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Rebbi.

Takmynan 3 km. Sözme-söz: takmynan 15 stadiý. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: soňky günde.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: bir funt. Rim funty takmynan 327 g deň. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: sap nard.

Sözme-söz: dinara. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: ölmese.

Sözme-söz: sagatdan.

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: soňky gün.

Sözme-söz: maňa garşy ökjesini galdyrdy.

Sözme-söz: gujagynda.

Ýa-da: agzybir.

Ýa-da: agzybirdigimize.

Ýa-da: ýetim goýmaryn.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: büdremez.

Sözme-söz: zalymdan.

Sözme-söz: altynjy sagat.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: gubkany.

Sözme-söz: issopa. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ruhuny.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: 100 funt. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: düwünçegini.

Sözme-söz: zygyr mata. Sözlüge serediň.

Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.

Sözme-söz: zygyr matany. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: zygyr matany. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Maňa ýapyşyp.

Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.

Sözme-söz: Size parahatlyk bolsun!

Sözme-söz: Size parahatlyk bolsun!

Sözme-söz: Size parahatlyk bolsun!

Ýagny Hudaýyň wekili.

Sözme-söz: golýazma.

Sözme-söz: takmynan 200 tirsek. Goşmaça maglumata serediň: B14.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş