«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
Noýabr 2—8
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 39, 40
«Musa pygamber hemme zady aýdylyşy ýaly etdi»
Ýehowa sizi tanaýarmy?
13 Musa Korahdan düýbünden tapawutlanýardy. Ol «juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy» (San. 12:3). Onuň kiçigöwünli we ýumşak adamdygyny Ýehowanyň tabşyrygyny dürs berjaý edişinden görse bolýar (Müs. çyk. 7:6; 40:16). Mukaddes Ýazgylarda Musanyň Ýehowanyň edýän işleri bilen ylalaşmandygy ýa-da Onuň beren görkezmesine gaharlanandygy barada aýdylmaýar. Meselem, Ýehowa çadyr gurmak barada jikme-jik görkezme berende, onuň perdesiniň nähili reňkde we näçe sany halkanyň bolmalydygy barada-da aýdypdy (Müs. çyk. 26:1—6). Hudaýyň guramasynyň gözegçisi belli bir tabşyryk berende, belki-de, siz käte ruhdan düşýänsiňiz. Emma Ýehowa kämil Gözegçi. Ol gullukçylaryna tabşyryk berende, onuň gowy ýerine ýetirilmegine garaşýar. Ol jikme-jik görkezme berse, has-da gowy bolýar. Meselem, Ýehowa Musa jikme-jik görkezme berende, ol gaharlanmady, Hudaý meni sylamaýar we erkinlikden mahrum edýär diýip pikir etmedi. Musa Ýehowanyň tabşyrygyny «buýruşy ýaly» etdi (Müs. çyk. 39:32). Gör, nähili kiçigöwünlilik! Musa bu işiň Ýehowanyňkydygyna we özüniň gural hökmünde ulanylýandygyna düşünýärdi.
w05 15/7 sah. 27, abz. 3
Siz ähli zatda wepalymy?
3 Ýewreýler 3:5-de Musa pygamberiň Hudaýyň halkyna «wepaly hyzmat edendigi» aýdylýar. Musa pygamberiň Hudaýa wepalydygyny nämeden görse bolýar? Ol mukaddes çadyry guranda «Ýehowanyň tabşyran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdi» (2 Musa 40:16). Biz hem Ýehowa gulak assak, oňa wepaly bolýarys. Elbetde, agyr synaglarda-da Hudaýa wepaly galmaly, ýöne şeýle synaglara döz gelmeklik hemişe Hudaýa wepaly galjakdygyňy görkezmeýär. Isa pygamber: «Az zatda ynamdar adam köp zatda-da ynamdardyr. Az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdar däldir» diýdi (Luka 16:10). Şol sebäpli biz ujypsyz meselelerde-de Hudaýa wepaly bolmaly.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Düwleniň derisi»
Düwleniň derisi
Ysraýyllar düwleniň derisini nireden aldylar? Mukaddes Kitapdaky tahaş diýen ýewreý sözi düwleniň bir görnüşini aňladýar we şeýle sorag ýüze çykýar: ysraýyllar düwleniň derisini nireden aldylar? Adatça, adamlar düwlenler Arktika we Antarktika ýaly sowuk ýerlerde ýaşaýar diýip pikir edýärler. Ýöne käbir düwlenler ýyly howa şertlerinde-de ýaşap bilýär. Şu günler suw läheňi diýip tanalýan düwlenleriň käbiri Ortaýer deňzinde we mylaýym suwlarda ýaşaýarlar. Asyrlarboýy adamlar düwlenleri tutup, olaryň sanyny juda azaltdylar. Emma gadymy döwürlerde şol haýwanlar Ortaýer deňzinde we Gyzyl deňzinde köp bolupdyr. 1832-nji ýylda neşir edilen bir sözlükde şeýle diýilýär: «Düwlenler Gyzyl deňziniň adalarynda köp duş gelýär. Şol adalar Sinaý ýarym adasynyň töwereginde ýerleşýär» (Calmet’s Dictionary of the Holy Bible, sah. 139; şeýle-de Pollock A. J. The Tabernacle’s Typical Teaching, London, sah. 47).
Siziň çekýän zähmetiňizi kim görýär?
Gurluşyk tamamlanandan soňra «Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy» (Müs. çyk. 40:34). Ol Ýehowanyň razylygyny aýan edýärdi. Bu Besalel bilen Oholyýaba nähili täsir edendir? Olaryň ýasan zatlaryna atlary ýazylmasa-da, Allanyň göwnünden turandygyny görüp, özlerini bagtly duýdular (Sül. tym. 10:22). Mundan ençeme ýyllar geçdi. Olaryň ýasan zatlary Ýehowanyň mukaddes öýünde ulanylýardy. Besalel bilen Oholyýap muňa monça bolandyr! Olar Jennetde direlende, çadyryň 500 ýyldan gowrak hyzmat edendigini bilip, haýran galsalar gerek.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Agzala dünýäde bitaraplygy saklaň
8 Ikinjiden, kynçylyga uçranyňda «ýylanlar ýaly seresap we kepderiler ýaly sada boluň» diýen maslahata eýermeli (Matta 10:16, 17-nji aýatlary okaň). Biz kynçylyklara öňünden taýýarlansak, seresap hereket edýändigimizi görkezeris. Şeýle-de «sada bolsak», bitaraplygy saklamaga päsgel berýän zatlardan gaça durup bileris. Geliň, bolup biläýjek käbir kynçylyklara we olar bilen nädip göreşip biljekdigimize seredeliň.
9 Gürrüňdeşlik. Biz, esasan-da, syýasy meselelere goşulmakdan seresap bolmaly. Meselem, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edenimizde, syýasy guramalary, olaryň ýolbaşçylaryny şöhratlandyrmakdan ýa-da tankytlamakdan gaça durmaly. Munuň deregine, adamyň ünsüni häzirki kynçylyklaryň birine çekip bilersiňiz. Soňra Mukaddes Ýazgylar arkaly Hudaýyň hökümdarlygynyň kynçylyklary bütinleý we hemişelik ýok etjekdigine düşünmäge kömek ediň. Şeýle-de bir jynsdaky adamlaryň nikalaşmagy ýa-da çaga aýyrtmak ýaly zatlar hakda gürrüň edilende, Hudaýyň kada-kanunlarynyň bizi nädip goraýandygyny we olara gündelik durmuşda nädip eýerip bolýandygyny düşündiriň. Emma bu zatlar barada gürrüň edeniňizde syýasat bilen bagly gürrüňlerden gaça durup, doly bitaraplygy saklaň. Biz hökümetleriň ýola goýan, täzelän ýa-da üýtgeden kanunlaryny berjaý etmekde öz garaýşymyzy öňe sürüp, başgalaryň gelýän kararyna täsir etmek islemeýäris.
10 Habar beriş serişdeleri. Köplenç täzeliklerde habarlar ýoýulyp ýa-da ulaldylyp aýdylýar. Habar beriş serişdeleri syýasy guramalaryň esasy guraly bolup durýar. Meselem, käbir ýurtlarda habar beriş serişdelerine hökümet gözegçilik edýär. Şol sebäpli täzeliklerdäki habarlar ýoýulyp aýdylýar. Şeýle ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar habarçynyň aýdýan zatlaryna ynanmakdan seresap bolmaly. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men bu habarçyny diňlemegi halaýarynmy? Onuň aýdýan zatlaryny goldaýarynmy?» Eger şeýle bolsa, onda aýdylýan zatlaryň dogrudygyny ýa nädogrudygyny anyklajak boluň. Biz, esasan-da, syýasat bilen bagly zatlary okamaga we görmäge näçe wagt sarp edýändigimize ünsli bolmaly. Şeýle-de olaryň Mukaddes Ýazgylardaky «sagdyn sözlere» garşy gelmeýändigini barlamaly (2Tim. 1:13).
Noýabr 9—15
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 1—3
«Gurbanlyklar näme üçin berilýärdi?»
it «Gurbanlyklar»
Gurbanlyklar
Ýakma gurbanlyklary. Ýakma gurbanlyklary tutuşlygyna Hudaýa gurban berlipdir. Gurban berýän adam malyň hiç bir bölegini özüne alyp galmandyr (Ser 11:30, 31, 39, 40-njy aýatlary deňeşdiriň). Ýakma gurbanlyklary Hudaýa ýüz tutulanda ýa-da günä gurbanlygyny Hudaýyň kabul edendigini ýa etmändigini bilmek üçin berilýärdi. Käte ýakma gurbanlygy bilen bile günä gurbanlygy hem berilýärdi. Ýakma gurbanlygy ýaly, Isa Mesih hem özüni bütinleý Hudaýa bagyş etdi.
it «Gurbanlyklar»
Gurbanlyklar
Galla sadakalary. Galla sadakalary bilen bile parahatlyk, ýakma we günä gurbanlyklary, şeýle-de ilkinji hasyly sadaka edip beripdirler. Käte şol sadakalaryň hersi aýratynlykda hem berlipdir (2Ms 29:40—42; 3Ms 23:10—13, 15—18; 4Ms 15:8, 9, 22—24; 28:9, 10, 20, 26—28 we 29-njy bap). Şol gurbanlyklar Hudaýyň jomartlyk bilen bereket berýändigini we ýurduň gülläp ösmegine ýardam edýändigini subut edýärdi. Köplenç galla sadakasyna ýag bilen ladany goşup beripdirler. Galla sadakasy hökmünde şular berlipdir: saçda ýa-da gazanda bişirilen halka görnüşli petir, çelpek, gowrulan bugdaý ýa-da ýokary hilli un. Köplenç galla sadakasyny ýakma gurbanlygynyň üstünde goýupdyrlar. Eger ol parahatlyk gurbanlygy bolsa, ruhanylar we gurban berýän adamyň özi-de iýipdir (3Ms 6:14—23; 7:11—13; 4Ms 18:8—11). Gurbanlyk ojagynda ýakylýan galla sadaka hamyrmaýa ýa-da «bal» (ir-iýmişleriň şiresi göz öňünde tutulýan bolmaly) goşulmaly däldi (3Ms 2:1—16).
it «Gurbanlyklar»
«Gurbanlyklar»
Parahatlyk gurbanlyklary. Parahatlyk gurbanlygy Ýehowa üçin berilýärdi we ony berýän adam Hudaý bilen parahatlyk saklaýandygyny görkezýärdi. Bütin maşgala agzalary gurbanlykdan iýip bilýärdi. (Mukaddes otagyň öň tarapyndaky howluda çadyrlar dikilýärdi. Ybadathananyň howlusynda naharhanalar bardy). Parahatlyk gurbanlygynyň bir bölegi ruhana, galan bölekleri bolsa hyzmat edýän başga ruhanylara berlipdir. Ýakylýan ýagyň ýakymly ysy Ýehowa ýaraýardy. Gan jany aňladýardy we ol Ýehowa Hudaýa berlipdir. Sebäbi ýaşaýşy berýän Hudaýdyr. Şeýlelikde, ruhanylar, gurbanlyk berýän adam, onuň bütin maşgalasy we Ýehowa bilelikde saçak başynda oturyp, parahatlykda iýip-içýän ýalydylar. Eger şol saçakda oturan adam haram bolsa (Kanunda aýdylýan islendik haram işi eden bolsa) ýa-da bellenen möhletden geçen eti iýen bolsa (yssy howada et porsap başlaýar), halkyň arasyndan ýok edilmelidi. Ol haram iş edip ýa-da Ýehowanyň haram hasaplaýan zadyny iýip, gurbanlygy äsgermeýändigini we haram hasaplaýandygyny görkezýärdi. Şeýdip, ol mukaddes zatlara hormat goýmaýardy (3Ms 7:16—21; 19:5—8).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w04 15/5 sah. 22, abz. 1
3 Musa kitabyndan peýdaly pikirler
2:13. Näme üçin «ähli sadakalara» duz sepilýärdi? Adatça, duzy gurbanlyklary tagamly etmek üçin sepmeýärdiler. Adamlar duzy iýmitiň zaýalanmazlygy üçin ulanýardylar. Diýmek, gurbanlyklara duzuň sepilmegi, göçme manyda olaryň zaýalanmandygyny görkezýärdi.
it «Ýag»
Ýag
Ýagyň kanun esasynda berilmegi. Musa pygambere berlen kanun güýjüni ýitirmänkä, malyň gany we ýagy diňe Ýehowa berilýärdi. Ganda jan bar, ýaşaýşy Ýehowa berýär. Diýmek, malyň gany oňa degişli bolýar (3Ms 17:11, 14). Ýag malyň iň gowy ýeri hasaplanýardy. Malyň ýagyny berýän adam iň gowy zatlaryny Ýehowa bermek isleýändigini görkezýärdi. Şeýdip, ol ähli gowy zatlaryň jomart Hudaýa degişlidigine düşünýärdi. Ýagyň berilmegi ysraýyllaryň Ýehowa iň gowy zadyny bagyş edýändigini aňladýar. Mukaddes Kitapda ýagyň «Hudaýyň paýy hökmünde gurbanlyk ojagynda ýakylýandygy... ýakymly ysynyň Hudaýa ýaraýandygy» aýdylýar (3Ms 3:11, 16). Hudaýa bagyş edilen ýagy iýmeli däl adam iýende, kanunsyzlyk etdigi we Ýehowa degişli zady aldygy hasaplanýardy. Ýagy iýen adama ölüm jezasyny berýärdiler. Emma gandan tapawutlylykda, ýagy iýmit bilen baglanyşykly bolmadyk başga her dürli ýagdaýlarda ulansa bolýardy. Meselem, malyň özi ölen ýagdaýynda ýa-da başga bir haýwanyň öldüren malyň ýagyndan peýdalanylýardy (3Ms 7:23—25).
w04 15/5 sah. 22, abz. 2
3 Musa kitabyndan peýdaly pikirler
3:17. Ysraýyllara gurban berilýän malyň iň gowy we gymmatly bölegi bolan ýagyny iýmek gadagandy. Bu kanun halka iň gowy zatlaryň Ýehowa degişlidigini ýatladýardy (1 Musa 45:18). Şol kanun bize-de Ýehowa özümizdeki iň gowy zatlary bermelidigimizi ýatladýar (Nakyllar 3:9, 10; Koloslylar 3:23, 24).
Noýabr 16—22
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 4, 5
«Ýehowa iň gowy zadyňyzy beriň»
it «Gurbanlyklar»
Gurbanlyklar
Ýazyk gurbanlyklary. Ýazyk gurbanlygy hem günä gurbanlygyna degişlidi, sebäbi ýazyk günä bilen baglanyşyklydyr. Ýazyk gurbanlygyny aýratyn bir gün işleri eden adam üçin berilýärdi. Şol gurbanlyk beýleki gurbanlyklardan tapawutlylykda, adamyň hak-hukugyny dikeldýärdi. Belli bir meselede ýa Ýehowanyň, ýa-da halkyň hak-hukugy bozulýardy. Ýazyk gurbanlygy Ýehowanyň hak-hukugyny dikeltmek ýa-da toba eden adamy jezadan azat etmek üçin getirilýärdi (Işa 53:10-y deňeşdiriň).
w09 1/6 sah. 26, abz. 3
Hudaý biziň ýagdaýymyza gowy düşünýär
Ýehowanyň mähirli we söýgüden doly Hudaýdygyny görkezýän kanun bardy. Kanunda adamyň «goýun bermäge ýagdaýy bolmasa, Ýehowa ýazyk gurbanlygy hökmünde iki gumry ýa-da iki kepderi berip» bilýändigi aýdylýar (3 Musa 5:7). Başga bir terjimede «ýagdaýy bolmasa» diýen jümle «ýeterlik serişdesi ýa-da puly bolmasa» diýilýär. Diýmek, Ysraýylda ýaşaýan garyp adam guza ýa-da owlaga derek iki kepderini, ýa-da iki gumryny gurbanlyk berip bilýärdi. Elbetde, Ýehowa şol ýönekeýje gurbanlyklary hem höwes bilen kabul edýärdi.
w09 1/6 sah. 26, abz. 4
Hudaý biziň ýagdaýymyza gowy düşünýär
Eger garyp adamyň iki guşy hem gurbanlyk bermäge ýagdaýy bolmasa näme? Onda ol Musa pygambere berlen kanun boýunça «günä gurbanlygy üçin bir jam ýokary hilli un» getirmelidi (3 Musa 5:11). Ýehowa juda garyp adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutup, olardan mal gurbanlygyny bermegi talap etmeýär. Şeýlelikde, Ysraýyldaky garyplaryň hem günäsi geçilýärdi we Hudaý bilen parahatlykda ýaşap bilýärdiler.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan görelde alyň
14 Mähirlilik bize wepalylyk bilen bagly kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Meselem, siz imandaşyňyzyň erbet işleri edýändigini bilýärsiňiz. Elbetde, siz oňa, esasan-da, ol siziň dostuňyz ýa-da garyndaşyňyz bolsa, wepaly bolarsyňyz. Emma siz onuň ýalňyşlyklaryna göz ýumsaňyz, Hudaýa wepaly galyp bilmersiňiz. Siz ilki bilen Ýehowa wepaly bolmaly. Şol sebäpli Natan pygamber ýaly mähirli we dogumly boluň. Günä eden dostuňyzy ýa-da dogan-garyndaşyňyzy ýaşululardan kömek soramaga höweslendiriň. Eger ol belli bir wagtyň dowamynda ýaşululara ýüz tutmasa, siz bolan zatlary ýaşululara habar bermeli. Şonda siz Hudaýa wepalydygyňyzy görkezersiňiz. Şeýdip, siz Ýehowa wepaly bolarsyňyz we dostuňyza ýa-da garyndaşyňyza ýagşylyk edersiňiz. Sebäbi ýygnak ýaşululary olara mähirlilik bilen garaýşyny düzetmäge kömek ederler (Lewiler 5:1; Galatýalylar 6:1-i okaň).
it «Mukaddeslik»
Mukaddeslik
Mal we hasyl. Ýehowa goýnuň, geçiniň we iri şahly mallaryň ilkinji doglanyny mukaddes saýýardy we olar töleg hökmünde berilmeli däldi. Olar Hudaýa gurbanlyk hökmünde berlende, onuň bir bölegi tämizlenen ruhana degişlidi (4Ms 18:17—19). Hasylyň ilkinji miweleri, ondan bir bölegi we mukaddes çadyryň işlerine berlen sadakalar hem mukaddesdi (2Ms 28:38). Ýehowanyň mukaddes hasaplan zatlaryny äsgermezçilik edip, gündelik zerurlyk üçin ulanmaly däldi. Meselem, hasylyň ondan bir bölegini bermek baradaky kanun hakda bileliň. Eger adam galla hasylynyň ondan bir bölegini Hudaýa bagyş etmek üçin aýryp goýsa, soňra özi ýa-da maşgala agzalarynyň biri tötänlikden galladan alyp, ondan nahar bişirse, ol Hudaýyň mukaddes kanunyny bozup, günä edýär. Şonda ol kanuna görä, şikessiz goýny gurban bermelidi we mukaddes çadyr üçin berlen sadakanyň öwezini dolup, onuň üstüne 20 göterim goýmalydy. Şeýle kanun Ýehowa degişli mukaddes zatlara çuňňur hormat goýmalydygyny öwredýärdi (3Ms 5:14—16).
Noýabr 23—29
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 6, 7
«Minnetdarlyk boluň»
Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?
9 Ikinji sapak. Biz Ýehowa minnetdardygymyz üçin gulluk edýäris. Geliň, ysraýyl halkynyň seždesiniň bir bölegi bolan parahatlyk gurbanlygy barada gürrüň edeliň. Musa pygamberiň üçünji kitabynda ysraýyllaryň parahatlyk gurbanlygyny «minnetdarlyk hökmünde berendikleri» aýdylýar (3 Mus. 7:11—13, 16—18). Olar borçly bolandyklary üçin däl-de, isleýändikleri üçin gurbanlyk berýärdiler. Ysraýyllar Ýehowa Hudaýy söýýändikleri üçin, göwnünden çykaran gurbanlygyny hödürleýärdiler. Olar beren gurbanlygynyň etini maşgalasy we ruhanylar bilen iýýärdiler. Ýöne gurbanlyk berlen malyň käbir bölekleri diňe Ýehowa hödürlenýärdi. Olar haýsylar?
w00 15/8 sah. 15, abz. 15
Hudaýa ýaraýan gurbanlyklar
15 3 Musa kitabynyň 3-nji babynda aýdylyşy ýaly, ýürekden berilýän sadakalaryň biri parahatlyk gurbanlygydy. «Parahatlyk» diýen gadymy ýewreý sözi diňe bir uruşdan ýa-da bidüzgünçilikden azat bolmakdan köp manyny öz içine alýar. Bir kitapda aýdylmagyna görä, «Mukaddes Kitapda şu sözüň ýurduň parahatlygyny, gülläp ösmegini, şatlyk we bagtly ýaşaýşy ýa-da adamlaryň Hudaý bilen parahat gatnaşygyny aňladýar» (Studies in the Mosaic Institutions). Parahatlyk gurbanlyklary diňe bir Hudaý bilen parahatlygy saklap, ony razy etmek üçin berilmeýärdi. Adamlar Hudaý bilen parahatlykda ýaşaýandyklaryna begenip, minnetdarlyk hökmünde parahatlyk gurbanlyklaryny berýärdiler. Ruhanylar hem-de gurbanlyk berýän adamlar malyň gany hem-de ýagy Ýehowa berlensoň, şol gurbanlykdan iýýärdiler (3 Musa 3:17; 7:16—21; 19:5—8). Şeýlelikde, gurban berýän adamlar, ruhanylar we Ýehowa bir saçakda oturyp iýip içýän ýalydy. Diýmek, olaryň arasynda parahatlyk we agzybirlik höküm sürýärdi. Şeýle ýagdaý agzybir maşgalany suratlandyrýar.
w00 15/8 sah. 19, abz. 8
Ýehowa ýaraýan öwgi gurbanlyklary
8 Hudaýa gurbanlyk berýän adam nähili bolmalydy? Kanunda aýdylyşyna görä, Ýehowanyň huzuryna gelýän her bir adam arassa bolmalydy we özüni hapalamaly däldi. Hapalanan adam Ýehowanyň öňünde öňküsi ýaly arassa bolmak üçin, ilki bilen, günä ýa-da ýazyk gurbanlygyny bermelidi. Diňe şondan soň Hudaý ýakma ýa-da parahatlyk gurbanlyklaryny kabul edýärdi (3 Musa 5:1—6, 15, 17). Şu kanuny göz öňünde tutup, biz hem Ýehowanyň öňünde arassa bolmagyň wajypdygyna düşünmeli. Hudaýy razy etmek üçin, oňa dogry sežde etmeli. Munuň üçin onuň kada-kanunlarynyň hiç birini bozmaly däl. Bozaýan ýagdaýymyzda-da derrew düzelmäge jan etmeli. Şeýle-de Hudaýyň beren «ýygnak ýaşulularyna» ýüz tutmaly we Isa Mesihden kömek soramaly, ýagny «günälerimiz üçin beren gurbanyna» iman etmeli (Ýakup 5:14; 1 Ýahýa 2:1, 2).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Ot»
Ot
Mukaddes çadyrda we ybadathanada. Ot mukaddes çadyrda we ybadathanada edilýän sežde bilen baglanyşyklydy. Baş ruhany her gün ir bilen we agşamara ojagyň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýakmalydy (2Ms 30:7, 8). Hudaýyň kanunyna görä, gurbanlyk ojagynyň ody hemişe ýanyp durmalydy (3Ms 6:12, 13). Ýewreýleriň arasynda giňden ýaýran rowaýata görä, ojakdaky ody başda Hudaýyň özi gudrat bilen ýakanmyş. Emma Mukaddes Kitapda munuň dogrudygy tassyklanylmaýar. Ýehowanyň Musa pygambere beren kanunyna görä, Harunyň ogullary maly gurban bermezden öň, «gurbanlyk ojagyna köz getirip, üstüne odun örmelidiler» (3Ms 1:7, 8). Diňe Harunyň neslinden bellenen ruhanylar gurbanlyklary berip bilýärdiler. Şonda Ýehowa gökden ot inderip, gurbanlyklary kabul edýärdi (belki, ot mukaddes çadyryň üstünde duran bulutdan inen bolmaly). Gudrat bilen gökden inen ot gurbanlyk ojagyndaky odunlary däl-de, «ýakma gurbanlygy we ýaglary» ýakyp kül edýärdi. Gurbanlyk ojagyndaky ýanyp duran ot Hudaýyň gökden inderen odunyň ýa-da ruhanylaryň getiren közüniň netijesinde dörän bolmaly (3Ms 8:14—9:24). Edil şonuň ýaly, Süleýman patyşa ybadathananyň açylyş dabarasynda doga edensoň, Ýehowa şol bada ot inderip gurbanlyklary ýakdy (2Tr 7:1; şeýle-de Ser 6:21; 1Pa 18:21—39; 1Tr 21:26-njy aýatlardan Ýehowanyň gullukçylarynyň getiren gurbanlaryny gudrat bilen ýakyp kabul edendigi baradaky başga-da wakalary okaň).
si sah. 27, abz. 15
Mukaddes Kitabyň 3-nji kitaby — 3 Musa
15 3. Biri tötänlikden ýa-da ýalňyşyp günä edensoň, günä gurbanlygyny bermelidi. Gurbanlyk hökmünde kimiň nähili günä edendigine görä, her dürli mallary getirip bolýardy. Ruhany, tutuş halkyň, baştutanyň ýa-da bir adamyň eden günäsine görä gurban berýärdi. Halk sadakalary we parahatlyk gurbanlyklaryny göwnünden çykaryp berýän bolsa, eden günäsi üçin günä gurbanlygyny hökman bermelidi (3Ms 4:1—35; 6:24—30).
Noýabr 30—dekabr 6
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 8, 9
«Ýehowanyň ak pata berýändiginiň subutnamasy»
it «Bellemek»
Bellemek
Musa Harun bilen ogullary Nadaby, Abyhuwy, Algazary we Ytamary howludaky mis legende ýuwundyrdy (ýa-da olaryň özlerine ýuwunmagy tabşyrdy) we Haruna baş ruhany üçin niýetlenen ýörite eşikleri geýdirdi (4Ms 3:2, 3). Harun ýörite owadan eşikleri geýip, öz borjunyň, jogapkärçiliginiň we aýratynlygynyň bardygyny görkezýärdi. Soňra Musa pygamber mukaddes çadyry, onuň içindäki ähli zatlary, gap-gaçlaryny, gurbanlyk ojagyny, legeni we ýanynda ulanylýan gap-çanaklary mukaddes etdi. Şeýlelikde, şu zatlar mukaddes edilensoň, aýratyn aýryp goýýardylar we Hudaýa sežde edende ulanýardylar. Iň soňunda Musa Harunyň başyna ýag guýup, ony mukaddes etdi (3Ms 8:6—12; 2Ms 30:22—33; Zb 133:2).
it «Bellemek»
Bellemek
Ruhanylyga bellenip, borjuny doly ele alansoň, sekizinji güni ruhanylar ilkinji sapar Musa pygambersiz ysraýyl halky üçin günä gurbanlygyny bermelidiler. Olar diňe bir miras geçen günäden arassalanmak üçin däl-de, gulak asman, altyn göle ýasap, Ýehowanyň gaharyny getirendigi üçin günä gurbanlygyny bermäge borçludylar (3Ms 9:1—7; 2Ms 32:1—10). Ruhanylaryň ilkinji gulluk gününiň ahyrynda Ýehowa gökden gudrat bilen ot inderip, gurbanlyk ojagyndaky ýakma gurbanlygy ýakyp, olardan razydygyny görkezdi. Şonda ot mukaddes çadyryň üstündäki bulut sütüninden çykypdy (3Ms 9:23, 24).
Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?
13 Dördünji sapak. Ýehowa guramasynyň ýer ýüzündäki bölegini goldaýar. Geliň, b. e. öň 1512-nji ýylda bolan wakany bileliň. Sinaý dagynyň eteginde mukaddes çadyr guruldy (2 Mus. 40:17). Musa pygamber Harun bilen ogullaryny ruhanylyga bellemek dabarasyny geçirdi. Ysraýyl halky ruhanylaryň berýän ilkinji mal gurbanlygyny görmek üçin üýşdüler (3 Mus. 9:1—5). Ýehowa täze bellenen ruhanylardan razydygyny nädip görkezdi? Musa bilen Harun halka ak pata berenden soň, gökden ot gelip, gurbanlyk ojagyndaky gurbanlyklary ýakyp kül etdi (3 Musa 9:23, 24-nji aýatlary okaň).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Biz näme üçin mukaddes bolmaly?
6 Ysraýyl ruhanylaryndan beden arassalygynyň talap edilmegi Ýehowanyň häzirki halky üçin hem çuň manysy bar. Gyzyklanýan adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän dogan-uýalar sežde edýän ýerimiziň we egin-eşigimiziň arassa hem-de gelşikli bolmalydygy barada köplenç belläp geçýärler. Emma ruhanylaryň arassaçylygy Ýehowanyň beýik dagyna çykýan her bir gullukçysynyň «ýüreginiň ak» bolmalydygyny görkezýär (Zebur 24:3, 4-nji aýatlary okaň; Iş. 2:2, 3). Ýehowa gulluk edenimizde, biziň diňe bir daş keşbimiz däl, eýsem, pikirimiz we ýüregimiz hem arassa bolmaly. Şol sebäpli biz mukaddes bolmak üçin wagtal-wagtal özümizi çynlakaý barlamaly. Belki-de, käbir özgerişleri etmelidir (2 Kor. 13:5). Mysal üçin, bir dogan ýa-da uýa bilgeşleýin pornografiýa görýän bolsa, özünden: «Şeýle etmek bilen, men mukaddesligimi saklaýarynmy?» diýip sorasa gowy bolar. Şonda ol erbet endigini goýmak üçin kömek sorar (Ýakup 5:14).
it «Musa»
Musa
Hudaý Musa pygamberi Ysraýyl bilen baglaşan Kanun ähtiniň araçysy edip belledi. Indi adamlar Hudaý bilen ýakyndan gatnaşyp bilýärdi. Olaryň arasyna täze ähtiň araçysy bolan Isa Mesihden başga hiç kim goşulyp bilmeýärdi. Musa pygamber mal gurbanlygynyň gany bilen Kanun ähtini güýje girizdi. Äht baglaşan tarapyň biri Ýehowa, beýlekisi halkdy (halkyň ýaşululary göz öňünde tutulýar). Musa pygamber Kanun ähtini halka okap berende, olar: «Ýehowanyň ähli tabşyrygyny berjaý ederis» diýdiler (2Ms 24:3—8; Ýew 9:19). Musa araçy hökmünde Hudaýyň görkezmesi boýunça mukaddes çadyryň gurluşygyna, ondaky gap-çanaklaryň ýasalmagyna gözegçilik etmek hormatyna eýe boldy. Şeýle-de ol ruhanylary belledi, çadyry mukaddes etdi we baş ruhany Haruny ýörite ýasalan ýag bilen belledi. Soňra Musa pygamber ruhanylyk borjuny ilkinji sapar ýerine ýetirjek ruhanylara ýolbaşçylyk etdi (2Ms 25—29; 3Ms 8, 9-njy baplar).