«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
Oktýabr 5—11
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 31, 32
«Butparazlykdan gaçyň»
Ruhy taýdan berkäň — «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr»
11 Käwagt Mukaddes Ýazgylardan alan bilimiňi durmuşda, esasanam, agyr ýagdaýlarda ulanmak kyn bolýar. Meselem, Ýehowa ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan azatlyga çykaranda, olar derrew «Musa bilen dawalaşyp», Rebbi synadylar. Näme üçin? Sebäbi olarda içmäge suw ýokdy (Müs. çyk. 17:1—4). Hudaý bilen olaryň äht baglaşanyna we «Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýenine iki aý-da geçmänkä, olar kanuny bozup, buta sežde etdiler (Müs. çyk. 24:3, 12—18; 32:1, 2, 7—9). Muny olar Musanyň görkezme almak üçin Horep dagyna gidende eglenendiginden gorkup etdilermi? Ysraýyllylar ýene-de amelekler çozuş eder öýden bolmagy mümkin, çünki öň olar bilen söweşende, Musa elini galdyryp durany üçin ýeňiş gazanmadylarmy näme? (Müs. çyk. 17:8—16). Şeýle bolmagy-da ahmal, ýöne nähili bolaýanda-da, ysraýyllylar Hudaýa «boýun bolmady» (Res. iş. 7:39—41). Pawlus mesihçilere Wada edilen diýara girmäge gorkan ysraýyllaryň göreldesine eýermezlik üçin gaýrat etmelidigini aýtdy (Ýew. 4:3, 11).
Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetişini görmek üçin gulak asyň
12 Ýehowa ysraýyl bilen baglaşan ähtine laýyklykda wadalaryny dessine ýerine ýetirip başlady. Ol sežde edilýän çadyrda gulluk etjek ruhanylary saýlady. Ruhanylar bikämil adamlara Hudaýa ýakynlaşmaga kömek etmelidi. Ysraýyl bolsa özüni Hudaýa bagyş edendigini derrew unutdy, hatda «Ysraýylyň Mukaddesini ynjatdylar» (Zeb. 78:41). Meselem, Musa Ýehowadan başga-da tabşyryklary almak üçin Sinaý dagyna çykdy welin, ysraýyllaryň sabyr käsesi dolup, Hudaýa imany gowşady. Olar Musa gaçyp gidendir öýtdüler. Şonuň üçin olar altyn göläniň heýkelini ýasap, halka: «Eý Ysraýyl, ynha, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şudur» diýişdiler (Müs. çyk. 32:1, 4). Soňra bolsa «Rebbiň şanyna baýramçylyk edýäris» diýip, aslynda, adam eli bilen ýasalan heýkele tagzym etdiler we gurbanlyk berdiler. Ýehowa şeýle butparazlygy görüp, Musa: «Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar» diýdi (Müs. çyk. 32:5, 6, 8). Gynansak-da, şondan bäri ysraýyllar Hudaýa näçe sapar wada berse-de, şonça saparam wadasyny bozdular (San. 30:2).
Siz Ýehowanyň tarapyndamy?
14 Halk butlara sežde etmegiň Ýehowa garşy agyr günädigini bilýärdi (Müs. çyk. 20:3—5). Emma olar şonda-da altyn gölä sežde edýärler. Şeýle akylsyz hereket edendiklerine garamazdan, ysraýyllylar özüni Ýehowanyň tarapynda hasaplaýardy. Hatda Harunam: «Ertir Rebbiň şanyna baýramçylyk ederis» diýýär. Ýöne Ýehowa muňa nähili garady? Ol özüne biwepalyk edilen ýaly duýdy. Şonuň üçin Ýehowa Musa pygambere: «Halk azgynçylyga ýüz urdy. Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar» diýdi. Ýehowa hatda «gazap atyna atlanyp», tutuş ysraýyl halkyny ýok etjek boldy (Müs. çyk. 32:5—10).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Zähmet çekmegiň we dynç almagyň «öz wagty bar»
4 Ýehowa bilen Isanyň zähmet çekmekde görkezýän göreldesi biziň asla dynç almaly däldigimizi görkezýärmi? Elbetde, ýok. Ýehowa hiç haçan ýadamaýar, şonuň üçin oňa dynç almak gerek däl. Ýöne Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ýeri-gögi ýaradansoň, «dynç alyp, eden işlerine begenendigi» aýdylýar (2 Mus. 31:17). Hawa, Ýehowa ýaradan zatlaryny synlap, hoşal boldy. Isa-da ýer ýüzünde ýaşanda, agyr zähmet çekýärdi. Ýöne dynç almak we dost-ýarlary bilen iýip-içmek üçin hem wagt tapýardy (Mat. 14:13; Luka 7:34).
«Siz bulary bilip, ýerine ýetirseňiz bagtlysyňyz»
14 Kiçigöwünliligimizi görkezmegiň ýene bir usuly adamlary höwes bilen diňlemäge taýyn bolmaly. Ýakup 1:19-da: «Diňlemäge taýyn... boluň» diýilýär. Ýehowanyň özi bu babatda ajaýyp görelde görkezýär (Gel. çyk. 18:32; Ýeş. 10:14). Geliň, Musa pygamber bilen bolan wakadan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň (Müsürden çykyş 32:11, 12-nji aýatlary okaň). Ýehowa Musa pygamberiň maslahatyna mätäç bolmasa-da, oňa pikirini aýtmaga mümkinçilik berdi. Siz köplenç ýalňyşýan adamy sabyrly diňläp, onuň beren maslahatyny kabul ederdiňizmi? Hawa, Ýehowa özüne iman bilen doga edýän adamlary sabyrly diňleýär.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Okyjylaryň sowallary?
Ýehowa butparazlygy gadagan edýän bolsa, näme üçin altyn göle ýasan Haruna temmi bermedi?
Müsürden çykyş kitabynda aýdylyşy ýaly, Harun altyn göle ýasap, Hudaýyň butparazlyk baradaky kanunyny bozýar (Müs. çyk. 20:3—5). Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Rebbiň Haruna hem gaty gahary gelipdi. Ol ony-da ýok etmäge taýýardy. Emma men (Musa) şol wagtyň özünde Harun üçin hem towakga etdim» (Kan. tag. 9:19, 20). Musa pygamber «gaty güýçli» dileg edeni üçin Haruna temmi berilmedimi? (Ýakup 5:16). Hawa, Ýehowa Musanyň dogasyny eşidip, Haruna temmi bermeýär, ýöne munuň başga-da iki sebäbi bar.
Birinjiden: Mukaddes Ýazgylardan görnüşi ýaly, Harun hemişe Ýehowa wepaly gulluk edýärdi. Ýehowa ysraýyllylary Müsürden çykarmak üçin, Musany Faraonyň ýanyna iberýär; Haruny bolsa onuň kömekçisi we sözleýjisi edip belleýär (Müs. çyk. 4:10—16). Olaryň ikisi-de Hudaýa gulak asyp, Müsüriň doňýürek patyşasynyň ýanyna ençeme gezek barýarlar. Şeýlelikde, Harun Müsürde-de elmydama Ýehowa wepaly gulluk etdi (Müs. çyk. 4:21).
Geliň, indi Harunyň näme üçin altyn göle ýasandygyny bileliň. Musa kyrk günläp Sina dagynda bolýar. «Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp», Haruny but ýasamaga yrdylar. Harun olaryň gepine gidip, altyn göläniň heýkelini ýasaýar (Müs. çyk. 32:1—6). Ol halkyň täsirine düşen bolmaly. Emma Harunyň şondan soňky eden hereketleri, aslynda, butparazlygy goldamaýandygyny görkezýär. Meselem, Musa butparazlygy ýok etmekçi bolanda, lewi ogullarynyň ählisi, şol sanda Harun hem Ýehowanyň tarapynda berk durýar. Şonda butuň ýasalmagyna sebäp bolan üç müň adam heläk bolýar (Müs. çyk. 32:25—29).
Şondan soň Musa halka ýüzlenip: «Siz agyr günä gazandyňyz» diýýär (Müs. çyk. 32:30). Diýmek, diňe bir Harun günäkär däl eken. Ýehowanyň merhemetini olaryň ählisi, ýagny Harun bilen halk gazandy.
Altyn göleli wakadan soň, Ýehowa Haruny baş ruhany edip belleýär. Hudaý Musa şeýle diýdi: «Haruna ruhany geýimlerini geýdir we ony mesh edip, Maňa bagyş et, şonda ol Maňa ruhany bolup hyzmat edip biler» (Müs. çyk. 40:12, 13). Şeýlelikde, Ýehowa Harunyň ejizligini bagyşlaýar. Aslynda, Harun butparaz pitneçi däl-de, hakyky seždäniň tarapdarydy.
Oktýabr 12—18
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 33, 34
«Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri»
it «At»
At
Ýaradylan zatlar Allanyň barlygyny subut edýär, ýöne adyny aýan etmeýär (Zb 19:1; Rim 1:20). Allatagalany tanamak üçin diňe bir onuň adyny bilmek ýeterlikli däl (2Tr 6:33). Munuň üçin Mukaddes Kitapdan Hudaýyň niýetini, eden işlerini we häsiýetlerini bilmeli (1Pa 8:41—43; 9:3, 7; Neh 9:10-njy aýatlary deňeşdiriň). Muny Ýehowanyň Musa pygambere aýdan sözünden bilse bolýar. Ýehowa onuň «adyny bilýändigini» aýdanda, Musa pygamberden razydygyny görkezdi (2Ms 33:12, çykgyt). Musa pygamber Ýehowanyň şan-şöhratyny gördi we adyny yglan edişini eşitdi (2Ms 34:5). Şonda Ýehowa diňe adyny däl-de, häsiýetlerini we eden işlerini aýdyp, şeýle diýdi: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan, müňlerçe adama wepaly söýgüsini bildirýän, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan Hudaýdyr. Ýöne günäkäri jezasyz goýýan däldir, atalarynyň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna jeza berýändir» (2Ms 34:6, 7). Şeýle-de Musa pygamber: «Ýehowanyň adyny yglan ederin» diýip aýdym aýdanda, Hudaýyň häsiýetlerini we halkyna eden işlerini sanap geçdi (5Ms 32:3—44).
w09 1/5 sah. 18, abz. 3—5
Ýehowa özüni tanadýar
Ýehowa özüni tanadanda, ilki bilen rehimdarlyk we mähirlilik häsiýetleri hakda aýdýar (6-njy aýat). Bir alymyň aýtmagyna görä, «rehimdarlyk» diýip terjime edilen ýewreý sözi, edil «kakasynyň çagalaryna duýgudaşlyk bildirişi» ýaly, Hudaýyň hem ýürekden duýgudaşlyk bildirýändigini görkezýär. «Mähirli» diýip terjime edilen söz bolsa, «kömege mätäje ýürekden ýardam bermek isleýän adamy suratlandyrýar». Şeýlelikde, ene-atanyň çagalaryny söýüp, aladasyny edişi ýaly, Ýehowa hem özüne gulluk edýän adamlarynyň aladasyny etmegi wada berýär (Zebur 103:8, 13).
Soňra Ýehowa özüniň «giň göwünli» Hudaýdygyny aýdýar (6-njy aýat). Ol ýerdäki gullukçylaryna çalt gaharlanmaýar. Gaýtam olara sabyrly bolup, ýalňyşlaryny düzetmäge mümkinçilik berýär (2 Petrus 3:9).
Şeýle-de Hudaý özüniň «wepaly söýgä baýdygyny» aýdýar (6-njy aýat). Wepaly söýgi Ýehowanyň iň wajyp häsiýeti, şol sebäpli ol halkyny ýürekden söýýär we hiç haçan biwepalyk etmeýär (5 Musa 7:9). Ýehowa — hakykatyň gözbaşy. Ony hiç haçan aldap bolmaýar, onuň özi hem hiç kimi aldamaýar. Ýehowa «hakykatyň Hudaýy», şonuň üçin aýdýan zatlaryna we gelejekde etjek işlerine doly ynanyp bileris (Zebur 31:5, çykgyt).
w09 1/5 sah. 18, abz. 6
Ýehowa özüni tanadýar
Şeýlelikde, Ýehowa bize ýene bir wajyp hakykaty açdy. Ol «etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýar» (7-nji aýat). Ýehowa toba edýän adamlaryň günäsini «geçýär» (Zebur 86:5). Emma Ýehowa günäli işlere göz ýumup, «günäkäri jezasyz goýýan däldir» (7-nji aýat). Mukaddes we adalatly Hudaý toba etmeýän günäkärlere hemişe zalymlyk etmegine ýol bermez. Iru-giç olar günäli işleriniň ajy miwesini dadarlar.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w04 15/3 sah. 27, abz. 5
2 Musa kitabyndan peýdaly pikirler
33:11, 20. Hudaý Musa pygamber bilen haýsy manyda «ýüzbe-ýüz» gepleşdi? «Ýüzbe-ýüz» diýen jümle iki adamyň ýakyndan gürrüňdeşligini aňladýar. Musa pygamber Hudaýyň wekili bilen gepleşýär we Ýehowa oňa wekili arkaly tabşyryk berýär. Emma Musa Ýehowany görmedi, sebäbi Onuň «ýüzüni gören adam diri galyp bilmez». Aslynda, Ýehowanyň özi Musa pygamber bilen gepleşmedi. Galatýalylar 3:19-da aýdylyşy ýaly, Töwrat kitaby «perişdeler arkaly araçynyň eli bilen berlipdi».
w98 1/9 sah. 20, abz. 5
Wajyp zatlary birinji ýerde goýuň!
Ýylda üç gezek geçirilýän baýramçylyga ysraýyl halkyndan we ýehudy dinini kabul eden erkek göbeklileriň her biri Ýehowanyň huzuryna barmalydy. Şeýle baýramçylyklaryň imanyny berkidýändigine düşünýän maşgalabaşylar aýaly bilen çagalaryny hem alyp gidýärdiler. Indi olaryň öýüni, ekin meýdanlaryny duşmanlardan kim gorar? Ýehowa şeýle wada berýär: «Ýylda üç gezek Ýehowa Hudaýyňyzyň huzuryna geleniňizde, hiç kim siziň ýurduňyza göz dikip bilmez» (2 Musa 34:24). Ysraýyllar Hudaýyň tabşyryklaryna doly tabyn bolanda, Ýehowanyň olaryň mal-mülküni gorajakdygyna iman etmelidiler. Ýehowa beren wadasynda durdumy? Elbetde, durdy!
Oktýabr 19—25
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 35, 36
«Ýehowa tabşyran işini ýerine ýetirmäge ukyp berýär»
Ýehowa höwes bilen berýänlere bol bereket berýär
Ýehowa ysraýyllylaryň getiren zatlary däl-de, hakyky seždäni höwes bilen goldandygy ýarady. Olar wagtyny hem güýjüni gaýgyrmadylar. Mukaddes Ýazgylarda «ähli ukyply çeper elli aýallar» barada hem aýdylýar. «Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler». Ýehowa Besalele «dürli hili senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi». Görşümiz ýaly, Hudaý Besalele we Ohaliýaba çadyrdaky ähli işleri ýerine ýetirmek üçin ukyp berdi (Müs. çyk. 35:25, 26, 30—35).
Gadymy döwürde Hudaýyň ruhuna eýeren wepaly adamlar
6 Musanyň döwründe ýaşan we Hudaýyň ruhunyň kömegini alan Ýehowanyň ýene bir gullukçysynyň ady Besaleldi. Biz onuň mysalyndan Hudaýyň ruhunyň kömek edýändigi barada köp zatlary öwrenýäris (Müsürden çykyş 35:30, 31-nji aýatlary okaň). Ýehowa çadyra gerekli zatlary ýasamaga gözegçilik eder ýaly, Besaleli belledi. Besalel bu uly işe başlamazdan öň, şeýle işi edipmidi? Belki edendir. Emma ol soňky gezek müsürliler üçin kerpiç ýasapdy (Müs. çyk. 1:13, 14). Besalel oňa ynanylan agyr işi nädip ýerine ýetirdikä? Ýehowa «ony Öz ruhy bilen dolduryp, oňa dürli hili senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi». Bu oňa «dürli hili senetçilik işlerinde ukyp berdi». Besalel we Ohalyýap Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen ukyplaryny gowulandyrdy. Olar öz işini diňe bir ussatlyk bilen berjaý etmän, eýsem, başgalara hem öwretdiler. Hawa, Hudaý olaryň ýüregine öwretmek ukybyny guýdy.
Gadymy döwürde Hudaýyň ruhuna eýeren wepaly adamlar
7 Besalele we Ohalyýaba Hudaýyň ruhunyň kömek edendigi, olaryň ýasan zatlarynyň uzak wagtlap ulanylandygyndan görünýär. Olaryň ýasan zatlary 500 ýyla golaý hyzmat etdi (2 Tar. 1:2—6). Şu günler adamlaryň köpüsi edýän işleri üçin at-abraý gazanmak isleýär. Besalel we Ohalyýab bolsa, Ýehowany şöhratlandyrmak islediler (Müs. çyk. 36:1, 2).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w05 15/5 sah. 23, abz. 14
Ýehowanyň ýolundan ýöreýärsiňizmi?
14 Ruhy işleri birinji ýerde goýuň. Ysraýyl halky ten zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ruhy işleri soňa goýmaly däldi. Sebäbi ysraýyllar gündelik işler bilen başagaý bolman, özlerini ruhy işlere bagyş edipdiler. Ýehowa özüne sežde edilmegi üçin mukaddes güni belledi. Ysraýyllar her hepde bellenen güni hak Hudaýa sežde etmelidiler (2 Musa 35:1—3; 4 Musa 15:32—36). Şeýle-de olar her ýyl mukaddes baýramçylyklary hem bellemelidiler (3 Musa 23:4—44). Şeýle çäreler ysraýyllara Ýehowanyň gudratly işleri, tabşyryklary hakda oýlanmaga we eden ýagşylyklary üçin minnetdarlyk bildirmäge mümkinçilik döredýärdi. Şonda olar Ýehowa wepaly bolup, ondan gorkmagy, ony söýmegi we ýolundan ýöremegi öwrenýärdiler (5 Musa 10:12, 13). Ýehowanyň ysraýyllara beren kada-kanunlary şu günlerem peýda berýär (Ýewreýler 10:24, 25).
w00 1/11 sah. 29, abz. 1
Jomart bolmak şatlyk berýär
Ysraýyllaryň ençeme ýyllap gulçulykda nähili ejir çekendigini göz öňüne getiriň. Indi olar azatlyga çykdylar we ummasyz baýlygyň eýesi boldular. Olar mal-mülkünden jomartlyk bilen hak Hudaýa sadaka bererlermi? Ýa-da maňlaý derimizi döküp gazanan baýlygymyzy näme edesimiz gelse, şony ederis diýip pikir ederler. Emma olar jomartlyk bilen ikirjiňlenmän sadaka berdiler. Olar ähli zady Ýehowanyň berendigini unutmadylar. Şol sebäpli «jomart we eli açyk adamlar» «göwnünden çykaran» zatlaryny, ýagny kümşüni, altynyny we mal-garasyny sadaka berdiler (2 Musa 25:1—9; 35:4—9, 20—29; 36:3—7).
Oktaýbr 26—noýabr 1
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 37, 38
«Mukaddes çadyrdaky ojaklaryň arassa seždedäki orny»
it «Ojak»
Ojak
Tütetgi ojagy. Tütetgi ojagy (2Ms 39:38-de «altyn ojak» hem diýilýär) akasiýa agajyndan ýasalandy we onuň üsti, gapdallary sap altyna gaplanandy. Onuň ýokary gyrasy altyn bilen nagyşlanandy. Tütetgi ojagynyň uzynlygy-da, ini-de 44,5 sm bolup, dörtburç görnüşinde ýasalandy. Ojagyň beýikligi 89 sm bolup, dört tarapyndan «şahlar» çykyp durdy. Ojagyň nagşynyň aşagynda biri-biriniň garşysynda duran iki sany altyndan ýasalan halka bardy we ojagy götermek üçin halkalara akasiýa agajyndan ýasalyp, altyna gaplanan iki taýak geçirilendi (2Ms 30:1—5; 37:25—28). Ojakda günde iki sapar, ýagny irden hem agşam gowy taýýarlanan tütetgi ýakylýardy (2Ms 30:7—9, 34—38). Tütetgi ýakmak hakda gürrüň edilende, hemişe külatar hakda hem agzalýar. Belki-de, şeýle külatarlar tütetgi ojakda tütetgi ýakylanda hem ulanylandyr (3Ms 16:12, 13; Ýew 9:4; Ylh 8:5; 2Tr 26:16, 19-njy aýatlary deňeşdiriň). Tütetgi ojagy mukaddes çadyryň içinde iň mukaddes otagy bölýän tutynyň öňünde durandygy üçin, oňa «äht sandygynyň öňünde goýlan» ojak hem diýilýär (2Ms 30:1, 6; 40:5, 26, 27).
nwt Sözlüge serediň: Tütetgi
Tütetgi
Hoşboý ysly şepbik we melhem garylyp ýasalýardy. Tütedeniňde hoşboý ys ýaýraýardy. Mukaddes çadyrda we ybadathanada ulanylan tütetgä dört zat goşulýardy. Her gün irden we agşam mukaddes otagdaky tütetgi ojagynda tütetgi ýakylýardy. Günä geçilýän gün bolsa iň mukaddes otagda ýakylýardy. Tütetgi Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň doga-dileglerini hem aňladýardy. Mesihçilerden tütetgi ýakmak talap edilmeýär (2Ms 30:34, 35; 3Ms 16:13; Ylh 5:8).
it «Ojak»
Ojak
Mukaddes çadyrdaky ojaklar. Hudaýyň görkezmesi bilen mukaddes çadyrda iki sany ojak ýasaldy. Gurbanlyk ojagy (2Ms 39:39-da «misden ýasalan gurbanlyk ojagy» hem diýilýär) akasiýa agajyndan dörtburç görnüşinde ýasalyp, üsti we aşagy açykdy. Ojagyň uzynlygy-da, ini-de 2,2 m bolup, beýikligi 1,3 m we dört tarapyndan «şahlar» çykyp durdy. Ojak tutuşlygyna mise gaplanandy. Onuň «içinde, gyrasynyň edil aşagyndan» misden gözenek dakylandy. Gözenegiň dört çüňküne golaý ojagyň her tarapyna misden halka berkidilendi. Şol halkalara ojagy götermek üçin akasiýa agajyndan ýasalyp, mise gaplanan iki taýak geçirilen bolmaly. Belki-de, gözenegiň her tarapynda halkalar berkidilip, ony salar ýaly gurbanlyk ojagynyň iki tarapynda açyk ýer bolandyr. Bu babatda alymlaryň pikiri biri-birine garşy gelýär. Köpüsiniň aýtmagyna görä, gurbanlyk ojagynyň hem içinden, hem daşyndan berkidilen iki halka bolmalydy. Daşyndaky halkalara ojagy götermek üçin taýaklar geçirilýärdi. Şeýle-de oduň külüni atmak üçin misden külatarlar, gurbanlyk malynyň ganyny guýmak üçin tabaklar, et üçin çarşaklar we köz üçin pilçeler ýasalypdyr (2Ms 27:1—8; 38:1—7, 30; 4Ms 4:14).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Akasiýa»
Akasiýa
Akasiýa agajynyň şahalary tutuşlygyna tikenli bolýar. Adatça, bir agajyň şahalary beýleki agajyň şahalaryna çolaşyp ýaýrap ösýär. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda akasiýa diýip terjime edilen «şitim» sözi köplük sanda ulanylýar. Akasiýa agajy 6—8 metre çenli ösüp bilýär, ýöne oňa syn edeniňde gyrymsy agaja meňzeýär. Onuň ýapragy täk per pisintli, hoşboý ysly sary gülli, salkym şekilli topbak bolup, miwesi ýaý şekilli kösük. Akasiýa agajy gara gabakly, baldagy dykyz hem berk bolýar we oňa hiç bir mör-möjek zyýan ýetirip bilmeýär. Akasiýa agajy çölde-de ösüp bilýär. Şol sebäpli akasiýadan mukaddes çadyry we oňa gerekli zatlary ýasapdyrlar. Akasiýa agajyndan äht sandygyny (2Ms 25:10; 37:1), çörek goýmak üçin stoly (2Ms 25:23; 37:10), ojaklary (2Ms 27:1; 37:25; 38:1), olary götermek üçin taýaklary (2Ms 25:13, 28; 27:6; 30:5; 37:4, 15, 28; 38:6), tuty üçin sütünleri (2Ms 26:32, 37; 36:36), şeýle-de çarçuwalary (2Ms 26:15; 36:20) we olary birleşdirýän taýaklary (2Ms 26:26; 36:31) ýasapdyrlar.
Bilýäňizmi?
Häzirki ýüz görülýän aýnalardan tapawutlylykda, gadymy döwürdäki aýnalar ýylmanak metaldan, köplenç bürünçden, käwagt bolsa misden, kümüşden, altyndan ýa-da galaýydan ýasalypdyr. Mukaddes Kitapda ýüz görülýän aýnalar ilkinji sapar mukaddes çadyryň gurluşygy hakda gürrüň edilende agzalýar. Mukaddes çadyrda ysraýyllar Hudaýa sežde edýärdi. Ysraýyl aýallarynyň sadaka hökmünde beren ýüz görülýän aýnalaryndan mis legen bilen diregleri ýasalypdyr (2 Musa 38:8). Belki-de, olary ýasamak üçin ýüz görülýän aýnalary eredendirler.