«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
Dekabr 7—13
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 10, 11
«Ýehowa bolan söýgiňiz maşgalaňyza bolan söýgiňizden güýçli bolsun!»
it «Bikanun»
Bikanun
Kanuna garşy gelýän ot we tütetgi. 3 Musa 10:1-de agzalýan zar (za·rahʹ, sözme-söz «nätanyş») diýen ýewreý sözi «Ýehowanyň öňünde kanuna garşy gelýän ot ýakyp, özlerine tabşyrylmadyk zady eden» Nadap bilen Abyhuwa degişli ulanylýar. Şonuň üçin Ýehowa olary ot bilen ýok etdi (3Ms 10:2; 4Ms 3:4; 26:61). Soňra Ýehowa Haruna: «Senem, ogullaryňam ýygnak çadyryna içgili ýagdaýda girmeli dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz. Muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. Siz mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň, halal bilen haramyň tapawudyny bilip, Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunlaryny ysraýyllara öwretmelisiňiz» diýdi (3Ms 10:8—11). Bu Nadap bilen Abyhuwyň içgili ýagdaýda Ýehowanyň kanunyna garşy gelýän ody bilgeşleýin ýakandygyny görkezýär. Şol oduň bikanun hasaplanmagynyň sebäbi, onuň kanun esasynda wagty, ýeri we berlişi nädogrudy hem-de Ýehowanyň 2 Musa 30:34, 35-nji aýatlarda tütetgi barada beren tabşyrygyna deň gelmeýärdi. Olaryň içgili bolmagy eden günäsiniň üstüni ýapmaýardy.
Sen Hudaýyň dynçlygyna girdiňmi?
16 Musanyň dogany Harun iki oglunyň etmişi üçin kyn ýagdaýa düşüpdi. Onuň ogullary Nadap bilen Abyhu Ýehowa ýaramaýan gurban berdiler. Şol sebäpli Ýehowa gökden ot iberip, olary öldürdi. Harunyň muňa nähili gynanandygyny göz öňüne getir. Ogullary ölendigi üçin, Harun olar bilen gepleşip bilmeýärdi. Emma Harunyň we maşgalasynyň ýagdaýyny agyrlaşdyran ýene-de bir zat bardy. Ýehowa Musa arkaly Haruna we başga ogullaryna ýas tutýandygyny görkezmeli däldigini aýtdy. Musa şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz, ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner» (Lew. 10:1—6). Biz mundan gowy sapak edinip bilýäris. Biz Ýehowany ony terk eden maşgala agzalarymyzdan güýçli söýmeli.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň
18 Biz mukaddes bolmak üçin, Hudaýyň Sözüni çuňňur özleşdirip, Ýehowanyň islegini berjaý etmeli. Geliň, Harunyň ogullary Nadap we Abyhu barada oýlanyp göreliň. Belki-de, olar içgili ýagdaýda «mukaddes däl» ody hödür edendir. Şol sebäpli Hudaý olary jezalandyrdy (Lew. 10:1, 2). Şondan soň Ýehowa Haruna aýratyn tabşyryk berdi (Lewiler 10:8—11-nji aýatlary okaň). Bu tabşyryk biziň ýygnak duşuşyklaryna gitmezden öň spirtli içgileri asla içmeli däldigimizi aňladýarmy? Elbetde, biz Musanyň kanunyna görä ýaşamaýarys (Rim. 10:4). Käbir ýurtlarda imandaşlarymyz ýygnak duşuşyklaryna gitmezden öň nahar iýenlerinde, az mukdarda spirtli içgileri içýärler. Şeýle-de Pesah baýramynda dört käse şerap ulanylýardy. Isa Ýatlama agşamyny girizende, ganynyň nyşany hökmünde resullary bilen şerap içdi (Mat. 26:27). Emma Mukaddes Ýazgylarda çendenaşa köp içmeklik we arakkeşlik ýazgarylýar (1 Kor. 6:10; 1 Tim. 3:8). Dogan-uýalaryň köpüsi ynsaby ýol bermeýändigi üçin, mukaddes gullugyň islendik görnüşine gatnaşmazdan öň, spirtli içgileri asla içmeýärler. Elbetde, bir halkyň garaýşy beýlekiden tapawutlanýar. Muňa garamazdan, ähli mesihçiler üçin iň wajyp zat — özlerini mukaddes alyp barmak. Şol sebäpli olar Hudaýyň göwnünden turmak üçin, «mukaddes zat bilen ýönekeý zady» tapawutlandyrmagy başarmaly.
it «Halal we haram haýwanlar»
Halal we haram haýwanlar
3 Musa 11:8-däki: «Olar siziň üçin haramdyr» diýen sözler diňe Musanyň kanuny boýunça ýaşaýan ysraýyllara degişlidi. Isa Mesih janyny töleg hökmünde berensoň, Musanyň kanuny, şol sanda şu tabşyryk hem ýatyryldy. Şeýlelikde, ähli adamlar Tupandan soň Nuha berlen tabşyryga eýermelidi (Kol 2:13—17; 1Ms 9:3, 4).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Okyjylaryň sowallary
Çadyrda ruhanylaryň etmeli borjy ýola goýlandan soň, Nadap bilen Abyhu Ýehowanyň huzuryna «mukaddes däl» ody eltýärler. Şol sebäpli-de, Ýehowa olary heläk edýär (Lew. 10:1, 2). Musa Harunyň ogullaryna ölen doganlarynyň ýasyny tutmazlygy buýurýar. Emma biraz wagtdan Musa Elgazar bilen Itamara gaharlanýar, sebäbi olar günä üçin gurban berlen erkejiň etinden iýmeýärler (Lew. 9:3). Näme üçin Musanyň olara gahary gelýär?
Ýehowanyň Musa beren kanunyna laýyklykda, günä gurbanlygyny hödür eden ruhany berlen gurbanyň bir bölegini Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýmelidi. Şonda gurban getiren adamlar günäden saplanýardy. Emma gurban berlen malyň gany Rebbe ýüz tutulýan çadyryň mukaddes otagyna eltilse, onuň eti iýilmän, otda ýakylmalydy (Lew. 6:24—26, 30).
Şol pajygaly gün Musa Ýehowanyň ähli buýruklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini isleýär. Günä gurbanlygy üçin berlen erkejiň gany Ýehowanyň huzuryna mukaddes otaga eltilmese-de, Elgazar bilen Itamar ony otda ýakýarlar. Musa muny bilip, olara gahary gelýär we olardan erkejiň etini näme üçin iýmändiklerini soraýar (Lew. 10:17, 18).
Oňa Harun jogap berýär, sebäbi Elgazar bilen Itamar Harunyň razylygy boýunça gurbanlygy otda ýakan bolmaly. Megerem, Harun iki oglunyň ölendigi sebäpli, beýleki ruhanylaryň gurban berlen eti päk ynsap bilen iýip bilmez diýip pikir edendir. Olar Nadap bilen Abyhu ýaly günä etmeseler-de, Harun şol gurbanyň eti iýilse, Ýehowa halamaz öýdendir (Lew. 10:19).
Harunyň ogullary ruhanylyk borjuny ilkinji sapar berjaý edýärdiler. Harun Ýehowany razy etmek üçin, ogullary ujypsyz zatlara-da has dykgatly bolmaly diýip pikir edýärdi. Ýöne Nadap bilen Abyhu Ýehowanyň adyna ysnat getirip, Hudaýy gaharlandyrdylar. Harunyň iki ogly agyr günä etse-de, ol beýleki ogullarynyň hem mukaddes gurbandan iýmegini mynasyp gören däldir.
Dogany Harunyň beren jogaby Musanyň göwnüne ýaran bolmaly, sebäbi şol waka şeýle tamamlanýar: «Muny eşiden Musa onuň bilen razylaşdy» (Lew. 10:20). Harunyň beren jogaby Ýehowa hem ýaran bolmaly.
Dekabr 14—20
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 12, 13
«Heýwere keseli baradaky kanundan näme öwrenýäris?»
wp18.1 sah. 7
Könelişdimi ýa-da has öňde barýarmy?
• Kesel adamlary aýry saklamak.
Musanyň kanunyna görä, heýwere keselli adam başgalardan aýry saklanmalydy. Diňe Orta asyrlarda lukmanlar şu tabşyryga eýermegiň peýdalydygyna düşündiler we häzire çenli peýdaly hasaplanylýar (3 Musa 13, 14-nji baplar).
Şuny bilýäňizmi?
Öňler ýehudylar heýwere keselinden gaty gorkupdyrlar. Ölüm howply heýwere keseli adamyň nerw öýjüklerini iýip, oňa azar-ýamanyny berýärdi. Heýwere keseliniň dermany ýokdy. Şol sebäpli heýwere keselli adamlar aýry saklanýardy we olar özüniň keseldigini başgalara duýdurmalydy (3 Musa 13:45, 46).
it «Heýwere keseli»
Heýwere keseli
Egin-eşikler we öýler. Heýwere keseli ýüň, zygyr matadan ýa-da deriden edilen egin-eşiklerden hem geçip bilýärdi. Heýwere keseli egin-eşikler ýuwlanda aýrylyp bilýärdi. Şeýle-de olary aýry saklamalydy. Emma egin-eşikde sarymtyl-ýaşyl ýa gyzylymtyl tegmil bar bolsa, heýwere keseliniň güýjändigni görkezýärdi. Şonuň üçin egin-eşikleri ýakmalydy (3Ms 13:47—59). Öýüň diwarlarynda sarymtyl-ýaşyl ýa gyzylymtyl tegmil bar bolsa, ruhany öýi gulplap goýmalydy. Eger diwardaky heň ýaýran bolsa, heňlän daşlary aýryp, öýüň içiniň suwagyny gyrmalydy we daşlary hem-de hapalary şäheriň daşyna zyňmalydy. Heň ýene dörese, öý hapa hasaplanýardy we ony ýumurýardylar. Öýüň zatlaryny bolsa, hapa dökülýän ýere zyňýardylar. Eger öýde heň ýaýramadyk bolsa, onda ol tämiz diýip yglan edilýärdi (3Ms 14:33—57). Öňler adamlar egin-eşikde we öýlerde dörän heýwere keselini heň we tegmil arkaly anyklasalar-da, bu anyk belli däl.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w04 15/5 sah. 23, abz. 2
3 Musa kitabyndan peýdaly pikirler
12:2, 5. Çaga dogran aýal näme üçin «hapa» hasaplanýardy? Jyns organlary kämil ynsanyň dünýä inmegi üçin niýetlenipdi. Emma günä sebäpli çaga bikämil we günäli bolup dogulýardy. Çaga dogurmak, şeýle-de aýbaşy döwri we erkeklik tohumynyň dökülmegi bilen aýalyň wagtlaýyn «hapa» hasaplanmagy ysraýyllara günäniň olara miras geçendigini ýatladýardy (3 Musa 15:16—24; Zebur 51:5; Rimliler 5:12). Tämizlenmek bilen bagly tabşyryk ysraýyllara adamzadyň miras galan günäniň gulçulygyndan azat edilip, kämil ýaşaýşa gowuşmagy üçin töleg gurbanyna mätäçdiklerini ýatladýardy. Şeýlelikde, Musanyň kanuny «Mesihe eltýän terbiýeçi» boldy (Galatýalylar 3:24).
wp18.1 sah. 7
Könelişdimi ýa-da has öňde barýarmy?
• Sünnetlenmek.
Hudaýyň kanunyna görä, ýaňy doglan oglanjyklary sekizinji gün sünnetlemelidi (3 Musa 12:3). Ýaňy doglan çaganyň gany bir hepdeden soň goýalyp başlaýardy. Şol sebäpli çaganyň saglygyny goramak üçin, ony sekizinji gün sünnetleýärdiler. Şol döwür medisina heniz ösmändi.
Dekabr 21—27
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 14, 15
«Arassa sežde arassaçylygy talap edýär»
it «Ýuwunmak»
Ýuwunmak
Ysraýylda ýuwunmak däbi dürli sebäplere görä geçirilýärdi. Heýwere keseli sebäpli hapa bolanlar, «suwuklygy akan adamyň» eşigine degenler, tohumy akýan erkek adamlar, aýbaşysy gutaran ýa-da gan akma bilen kesellän aýallar we jynsy gatnaşyk eden adamlar «hapa» hasaplanýardy. Şonuň üçin olar ýuwunmalydylar (3Ms 14:8, 9; 15:4—27). Şeýle-de ölen adamyň çadyryna giren ýa-da jesede elini degren adam «hapa» hasaplanýardy we tämizlik suwuna ýuwnup arassalanmalydy. Şu tabşyrygy etmekden boýun gaçyran adam «halkyň arasyndan ýok edilmelidi, sebäbi ol Ýehowanyň mukaddes çadyryny haram edýärdi» (4Ms 19:20). Şol sebäpli «ýuwunmak» Ýehowanyň öňünde göçme manyda arassa bolmagy aňladýardy (Zb 26:6; 73:13; Işa 1:16; Hyz 16:9). Suw bilen deňeşdirilýän Ýehowanyň hakykat Sözi hem adamy arassalap bilýär (Efs 5:26).
it «Aýbaşy»
Aýbaşy
Eger aýalyň aýbaşy döwründen başga wagty hem gan akmasy başlasa ýa-da «aýbaşysy uzaga çekse», ol gan akmasy kesilýänçä, aýbaşy döwründäki ýaly hapa hasaplanýardy. Gan akmasy bolan aýalyň ýatan islendik düşegi we oturan ýeri hapa hasaplanýardy. Şeýle-de şol zatlara degen adamlar hem hapa hasaplanýardy. Ol gan akmasy kesilensoň, ýedi günläp tämizlenmelidi. Şondan soň ol arassa hasaplanýardy. Sekizinji gün ol iki sany kepderi ýa-da iki gumryny ruhana bermelidi. Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip hödürläp, gan akmasy zerarly hapa bolan aýaly Ýehowanyň huzurynda günäden arassalaýardy (3Ms 15:19—30; serediň: ARASSA, ARASSAÇYLYK).
it «Mukaddes ýer»
Mukaddes ýer
2. Ýygnak çadyry we ybadathana. Mukaddes çadyra we ybadathana degişli ähli zatlar, şol sanda howlusy-da mukaddes hasaplanýardy (2Ms 38:24; 2Tr 29:5; Res 21:28). Howluda, esasan, gurbanlyk ojagy we misden legen durýardy. Şol zatlar mukaddes hasaplanýardy. Mukaddes çadyryň howlusyna diňe tämizlenen adamlar girip bilýärdi. Hapa hasaplanýan adamlar bolsa, ybadathananyň howlusyna girip bilmeýärdi. Mysal üçin, aýal maşgala hapa hasaplanýan döwri mukaddes zatlaryň hiç birine el degirmeli ýa-da mukaddes çadyryň howlusyna girmeli däldi (2Ms 12:2—4). Şeýle-de ysraýyl halky köp wagtlap tämizlenmese, mukaddes çadyr haramlanýardy (3Ms 15:31). Heýwere keselinden tämizlenen adamlar gurbanlygyny diňe ýygnak çadyrynyň agzyna eltip bilýärdi (3Ms 14:11). Haram bolan adam mukaddes çadyrda ýa-da ybadathanada parahatlyk gurbanlygy hödürlenende, oňa gatnaşmaly däldi (3Ms 7:20, 21).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Gulak»
Gulak
Ysraýylda ruhanylar bellenende, Musa pygamber goçuň ganyny alyp, Harunyň we ogullarynyň sag gulagyna, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna çalmalydy. Bu olaryň Hudaýa bagyş edilendigini hem-de oňa gulak asyp, edýän işine we özüni alyp barşyna ünsli bolmalydygyny görkezýärdi (3Ms 8:22—24). Edil şonuň ýaly, ruhany ýazyk gurbanlygy üçin getirilen toklynyň ganyny alyp , tämizlenýän adamyň sag gulagyna çalmalydy. Şeýle-de onuň gulagyna ýag hem çalmalydy (3Ms 14:14, 17, 25, 28). Gul hojaýynynyň ýanynda hemişelik galmak islese-de, şeýle edilýärdi. Guly gapynyň ýanyna eltýärdiler we hojaýyny onuň gulagyny temen bilen deşmelidi. Guluň gulagyndaky deşik, hojaýynyna hemişelik wepaly bolmak isleýändigini aňladýardy (3Ms 21:5, 6).
g 1/06 sah. 14, çarçuwa
Heň hem peýdaly, hem zyýanly
MUKADDES KITAPDA HEŇ BARADA AÝDYLÝARMY?
Mukaddes Kitapda öýde, ýagny tutuş jaýda heýwere keseliniň döräp bilýändigi aýdylýar (3 Musa 14:34—48). Öňler adamlar «çalt ýaýraýan heýwere» keselini heňden ýa-da tegmilden anyklap bilýärdiler. Emma bu ýöne bir çaklamady. Nähili bolaýanda-da, Hudaýyň kanunyna görä, öý eýeleri heňlän daşlary goparyp aýyrmalydy we öýüň içiniň suwagyny gyrmalydy. Şeýle-de öýüň daşlaryny, agaçlaryny we suwagyny «hapa dökülýän ýere» çykarmalydylar. Şonda-da heýwere keseli öýe ýaýran bolsa, ol jaý haram hasaplanyp, tutuşlygyna ýumrulmalydy. Şeýle tabşyryklar Ýehowanyň halkyny ýürekden söýýändigini we aladasyny edýändigini görkezýärdi.
Dekabr 28—ýanwar 3
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR |3 MUSA 16, 17
«Günä geçilýän gün we sen»
Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?
4 3 Musa 16:12, 13-nji aýatlary okaň. Geliň, günä geçilýän güni bolýan wakalary göz öňüne getireliň. Baş ruhany çadyra girýär. Şol gün ol iň mukaddes otaga üç gezek girmelidi. Ine, ol birinji gezek girýär. Onuň bir elinde hoşboý ysly tütetgiden doly gap, beýleki elinde bolsa, közden doly altyn külatar bar. Ol iň mukaddes otagyň girelgesindäki tutynyň öňünde biraz säginýär. Baş ruhany Ýehowa uly hormat goýup, iň mukaddes otaga girýär-de, äht sandygynyň öňünde durýar. Göýä ol Ýehowa Hudaýyň öňünde duran ýalydy. Baş ruhany mukaddes tütetgini közüň üstüne guýanda otagyň içi hoşboý ysdan dolýar. Soňra ol günä gurbanlyklarynyň ganyny alyp, mukaddes otaga ýene-de girer. Üns beren bolsaňyz, baş ruhany günä gurbanlyklaryny bermezden öň tütetgini ýakýar.
Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?
5 Günä geçilýän güni baş ruhanynyň tütetgi ýakmagyndan näme öwrenýäris? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň dogasy tütetgi bilen deňeşdirilýär (Zeb. 141:2; Ylh. 5:8). Ýokarda aýdylyşy ýaly, baş ruhany Ýehowanyň huzurynda tütetgi ýakmagy uly hormat hasaplaýardy. Şonuň ýaly biz hem Ýehowa çuňňur hormat goýup, doga edýäris. Biz Ýehowa örän minnetdar, sebäbi ol älem-jahanyň Eýesi hem bolsa, mähirli ata kimin özüne ýüzlenmäge we ýakynlaşmaga rugsat berýär (Ýak. 4:8). Alla bizi dosty hasaplaýar (Zeb. 25:14). Biz muny şeýle gymmat saýýarys welin, Ony asla gynandyrmak islemeýäris.
Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?
6 Ýadyňyzda bolsa, baş ruhany gurbanlyk bermezden öň tütetgini ýakmalydy. Şonda ol ilki Ýehowany razy edýärdi, soňra gurbanlygy hödürleýärdi. Baş ruhanynyň eden işi Isa barada nämäni mälim edýär? Isa ýer ýüzünde ýaşanda, örän ähmiýetli iş etmelidi. Bu iş adamlary halas etmek üçin Isanyň janyny gurban bermeginden has wajypdy. Isa näme etmelidi? Onuň gurbanlygy kabul bolar ýaly, Isa ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly bolup, gulak asmalydy. Şonda Isa Ýehowanyň isleýşi ýaly ýaşamagyň iň dogry ýoldugyny, Atasynyň höküm sürmäge haklydygyny we Ýehowanyň adalatly hökümdardygyny subut ederdi.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Azazyl»
Azazyl
Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, adamlaryň günäsi üçin, Isanyň töleg hökmünde beren kämil jany «öküzleriň we geçileriň ganyndan» has gymmatlydy (Ýew 10:4, 11, 12). Şeýdip, Isa «halkyň günäleri boýnuna ýüklenen geçini» suratlandyrýardy. Sebäbi ol biziň «günälerimiz üçin ýaralanypdy» (Işa 53:4, 5; Mat 8:17; 1Pe 2:24). Ol töleg gurbanyna iman edýän ähli adamlaryň günälerini göçme manyda gerdeninde göterdi. Şeýdip, ol Hudaýyň günäni hemişelik ýok etmek isleýändigini görkezdi. Şeýlelikde, azazyl üçin geçi Isa Mesihiň töleg gurbanyny suratlandyrýardy.
Biz näme üçin mukaddes bolmaly?
10 Lewiler 17:10-y okaň. Ýehowa ysraýyllylara hiç bir jandaryň «ganyny» iýmezligi tabşyrdy. Şol sebäpli mesihçiler hem gandan gaça durmaly (Res. iş. 15:28, 29). Biz Ýehowa garşy günä edip, onuň bizden ýüz öwürmegini we ýygnak gatnaşygyndan kesilmegimizi göz öňüne getirmäge-de gorkýarys. Biz Ýehowany söýýäris we oňa gulak asmak isleýäris. Hatda janymyza howp abansa-da, Ýehowany tanamaýan we oňa gulak asmaýan adamlaryň ýalbaryşyna ýa-da talabyna yrylmak islemeýäris. Elbetde, gandan gaça durýandygymyz üçin, bizi ýaňsylaýarlar. Emma biz Ýehowa tabyn bolmagy ýüregimize düwdük (Ýahd. 17, 18). Gan iýmekden ýa-da ony goýbertmekden gaça durmaga bize näme kömek eder? (Kan. tag. 12:23).