Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/3 sah. 24—28
  • Ýehowanyň beýik adyny şöhratlandyryň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň beýik adyny şöhratlandyryň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HUDAÝYŇ ADYNY BILMEKLIK NÄMÄNI AŇLADÝAR?
  • ÝEHOWA ÖZ ADYNY AKLADY
  • BEÝIK AT
  • HUDAÝYŇ ADYNY GÖTERÝÄN TÄZE HALK
  • ÝEHOWANYŇ ADY BILEN ÝÖRÄŇ
  • Ýehowa adyny beýgeldýär
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Hudaýyň ady barmy?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Hudaýyň adynyň manysy we dogry tutulyşy
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/3 sah. 24—28

Ýehowanyň beýik adyny şöhratlandyryň!

«Ýa Reb... mydama adyňy şöhratlandyraýyn». ZEB. 86:12

SIZ NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

  • Hudaýyň adyny bilmek nämäni aňladýar?

  • Ýehowa Özüniň nähili Hudaýdygyny nädip kem-kemden aýan etdi?

  • Ýehowanyň ady bilen ýöremek nämäni aňladýar?

1, 2. Hristian buthanasyndan tapawutlykda, Ýehowanyň Güwäçileri Hudaýyň adyna nähili garaýarlar?

HRISTIAN buthanalary Hudaýyň adyny tutmakdan gaça durýarlar. Meselem, Mukaddes Ýazgylaryň bir terjimesiniň girişinde şeýle diýilýär: «Hristian buthanalary üçin ýeke-täk Hudaýyň islendik adyny tutmaklyk ýerliksizdir».

2 Emma Ýehowanyň Güwäçileri Hudaýyň adyny göterýändiklerine we ony şöhratlandyrýandyklaryna buýsanýarlar (Zebur 86:12; Işaýa 43:10-y okaň). Şeýle-de biz Onuň adynyň manysyny bilýäris we ony mukaddes etmegiň wajypdygyna düşünýäris, bu biziň üçin uly hormatdyr (Mat. 6:9). Geliň, muny ýatdan çykarmazlyga kömek edýän üç soragyň üstünde duralyň: Hudaýyň adyny bilmeklik nämäni aňladýar? Ýehowa nädip öz beýik adyny aklady we şöhratlandyrdy? Biz nädip Ýehowanyň ady bilen ýöräp bileris?

HUDAÝYŇ ADYNY BILMEKLIK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

3. Hudaýyň adyny bilmeklik nämäni aňladýar?

3 Hudaýyň adyny bilmek üçin «Ýehowa» sözüniň diňe bir manysyny bilmek ýeterlikli däl. Munuň üçin Ýehowanyň nähili Hudaýdygyny bilmeli. Şeýle-de Onuň häsiýetlerini, niýetini we öz halkyna nähili garandygyny bilmeli. Ýehowa niýetini ýerine ýetirip, özüniň nähili Hudaýdygyny kem-kemden aýan edýär (Sül. tym. 4:18). Ýehowa Adam ata bilen How enä öz adyny mälim etdi. Sebäbi Howa ene Kabyly dünýä inderende Hudaýyň adyny tutupdy (Gel. çyk. 4:1). Nuh, Ybraýym, Yshak we Ýakup pygamberler Hudaýyň adyny bilýärdiler. Olar Ýehowanyň bereketlerini alanda, edýän aladasyny görende we niýetini olara açanda, Onuň nähili Hudaýdygyny has gowy tanapdyrlar. Ençeme ýyl geçenden soňra, Hudaý öz adynyň manysyny Musa has çuňňur düşündirýär.

4. Musa näme üçin Hudaýdan adyny sorady we näme üçin onuň biynjalygyna düşünse bolýar?

4 Musa 80 ýaşyndaka Hudaý oňa şeýle wajyp tabşyryk berdi: «Sen... ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmaly» (Müs. çyk. 3:10—12). Musa Hudaýa hormat bilen ýüzlenip, Oňa wajyp sorag berdi: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» (Müs. çyk. 3:13). Hawa, aslynda, Musa Hudaýdan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Hudaýyň ady öňden bäri bellidi, onda Musanyň soragyna nähili düşünmeli? Elbetde, ol bu ady göterýän şahsyýet barada köpräk bilmek isledi, ýagny Hudaýyň hökman azat etjekdigine ynandyrar ýaly, halka deliller gerekdi. Musanyň biynjalygyna düşünse bolýar, çünki ysraýyllylar ençeme ýyldan bäri gulçulykdadylar. Olar ata-babalarynyň Hudaýynyň azat edip biljekdigine geň galan bolmaly (Müs. çyk. 3:14, 15). Galyberse-de, ysraýyllylaryň käbiri Müsür taňrylaryna sežde edýärdiler (Ezek. 20:7, 8).

5. Ýehowa öz ady babatda Musa nämäni aýan etdi?

5 Ýehowa Musanyň soragyna nähili jogap berdi? Ol: «Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza Biribar iberdi“ diýip aýt» diýdia. Soňra sözüni dowam edip: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýynyň... iberendigini aýt» diýdi. Hudaý şeýle diýmek bilen, öz niýetini ýerine ýetirmek üçin kim bolaýyn diýse, bolup biljekdigini, ýagny Ol öz sözüni hemişe amala aşyrýandygyny aýan etdi. Şol sebäpli-de, Ýehowa özi barada: «Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn» diýdi. Bu sözler Musa gaty güýçli täsir edip, onuň imanyny berkiden bolmaly.

ÝEHOWA ÖZ ADYNY AKLADY

6, 7. Ýehowa beýik adyny nädip doly aklady?

6 Ýehowa Musa tabşyryk berenden soň, ysraýyllylary azat edip, öz adyny doly aklady. Hudaý Müsüre on jeza berip, olaryň taňrylaryny, şol sanda fyrownyň-da güýçsüzdigini görkezdi (Müs. çyk. 12:12). Soňra Ýehowa Gyzyl deňzi ikä bölüp, onuň içinden ysraýyl halkyny geçirdi; fyrowny we onuň goşunyny bolsa suwa gark etdi (Zeb. 136:13—15). Ýehowa «ägirt uly we ýowuz çölüň» içinde iki-üç milliondan gowrak ysraýyllylary suw hem iýmit bilen üpjün edip, olaryň Halasgäridigini subut etdi. Çölde olaryň ne eşigi, ne-de aýakgaby tozdy! (Kan. tag. 1:19; 9:5). Hawa, Ýehowa hiç zada ýol bermän, öz adynyň deňsiz-taýsyzdygyny subut etdi. Birnäçe wagtdan soňra Ol Işaýa: «Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur» diýdi (Iş. 43:11).

7 Musanyň ýerine ýolbaşçy bolan Ýeşuwa-da, Ýehowanyň Müsürde we çölde eden gudratlaryny görüpdi. Şol sebäpli ol ömrüniň ahyrynda ysraýyllylara ynam bilen şeýle diýdi: «Siziň hemmäňiz bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden bilýärsiňiz, çünki Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmady. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady» (Ýeş. 23:14). Hawa, Ýehowa beren sözüni doly ýerine ýetirdi.

8. Ýehowa şu günler adyny nädip aklaýar?

8 Ýehowa şu günlerem aýdanlaryny ýerine ýetirýär. Ol Ogly arkaly soňky günlerde «dünýäniň ähli ýerinde» Patyşalyk baradaky habaryň wagyz ediljekdigini öňünden aýtdy (Mat. 24:14). Gudratygüýçli Hudaýdan başga kim şeýle işiň boljakdygyny, onuň ýerine ýetjekdigini we ony «okuwsyz, garamaýak adamlaryň» berjaý etjekdigini öňünden aýdyp biler! (Res. iş. 4:13). Şol sebäpli biz wagyz işine gatnaşanymyzda, aslynda, Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligi ýerine ýetirýäris. Şeýdip, biz Atamyzy şöhratlandyrýarys we «Adyň mukaddes bolsun. Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, Ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» diýen nusgalyk dogadaky sözleriň ýerine ýetmegini isleýändigimizi görkezýäris (Mat. 6:9, 10).

BEÝIK AT

9, 10. Ýehowa ysraýyllylara öz adynyň manysyny düşündirmegini nädip dowam etdi we onuň netijesi nähili boldy?

9 Ysraýyllylar Müsürden azat bolandan soňra Ýehowa özi barada köp zatlary aýan etdi. Ýehowa olar bilen Kanun arkaly äht baglaşdy we erkek adamyň aýalynyň aladasyny edişi ýaly, olaryň aladasyny etjekdigini söz berdi (Ýer. 3:14). Şeýlelikde, ysraýyllylar göçme manyda Ýehowanyň aýaly boldy (Iş. 54:5, 6). Eger olar Ýehowa gulak asyp, Onuň tabşyryklaryny berjaý etseler, Hudaý kämil «Är» hökmünde olaryň aladasyny ederdi; bereket eçerdi, gorardy we parahatlyk bererdi (San. 6:22—27). Ýehowanyň Beýik ady ähli halklaryň arasynda şöhratlanmalydy (Kanun taglymaty 4:5—8; Zebur 86:7—10-njy aýatlary okaň). Dogrudan-da, ysraýyl halkynyň taryhyndan görnüşi ýaly, başga halklar hakyky seždä goşuldylar. Olar mowaply Rutuň Nagoma aýdan şu sözlerini goldaýardylar: «Seniň halkyň — meniň halkym, seniň Rebbiň meniň Rebbim bolar» (Rut 1:16).

10 Takmyndan 1 500 ýylyň dowamynda Ýehowa ysraýyl halkyna özüniň köp häsiýetlerini aýan etdi. Olaryň gulak asmazlygyna garamazdan, Ýehowa özüniň «rehimli» we «giň göwünli» Hudaýdygyny gaýta-gaýta subut etdi. Ol juda sabyrly Hudaýdy (Müs. çyk. 34:5—7). Emma Ýehowanyň sabrynyň çägi-de bardy. Ýehudylar onuň Ogluny inkär edip, öldürenlerinde, Ýehowanyň sabyr käsesi doldy (Mat. 23:37, 38). Ysraýyllylaryň nesilleri Hudaýyň adyny götermegini bes etdiler. Olar «gury agaç» kimin ruhy taýdan öldüler (Luka 23:31). Bu olaryň Hudaýyň adyna bolan garaýşyna nähili täsir etdi?

11. Ýehudylar näme üçin Hudaýyň adyny tutman başladylar?

11 Wagtyň geçmegi bilen, ýehudylar yrym edip, Hudaýyň adyny tutmagy gadagan etdiler (Müs. çyk. 20:7). Şeýlelikde, olar Hudaýyň adyna hormatsyz garap, ony kem-kemden tutman başladylar. Bu Ýehowa gaty agyr degdi (Zeb. 78:40, 41). Mukaddes Ýazgylarda Oňa «Gabanjaň» Hudaý diýilýär. Ýehudylar Hudaýyň adyny äsgermezçilik etdiler we olar bu ady götermäge mynasyp bolmadylar (Müs. çyk. 34:14). Bu bize Ýaradyjymyzyň adyna çuňňur hormat goýmagyň wajypdygyny görkezýär.

HUDAÝYŇ ADYNY GÖTERÝÄN TÄZE HALK

12. Haýsy halk Hudaýyň adyny göterýär?

12 Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly täze halk, ýagny ruhy ysraýyl bilen «täze äht» baglaşjakdygyny aýtdy. Bu halkyň ähli agzalary «uludan-kiçä hemmesi Meni (Ýehowany, TD) tanar» diýip, Ýermeýa pygamberlik etdi (Ýer. 31:31, 33, 34). Bu pygamberlik b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Hudaý täze äht baglaşanda ýerine ýetip başlady. «Hudaýyň Ysraýyly» diýip atlandyrylan täze halk ýehudylardan we özge milletlerden ybaratdy. Hudaý «Öz adyna bir halk aldy», ýagny olara Hudaýyň «ady dakyldy» (Gal. 6:16; Resullaryň işleri 15:14—17-nji aýatlary okaň; Mat. 21:43).

13. a) Irki mesihçiler Hudaýyň adyny tutdularmy? Düşündiriň. b) Siz wagyzda Hudaýyň adyny tutmagy hormat hasaplaýarmysyňyz?

13 Irki mesihçiler, ýagny täze halkyň agzalary Hudaýyň adyny tutupdyrlar. Meselem, olar ýewreý ýazgylaryna salgylanyp, Hudaýyň adyny ulanypdyrlarb. Petrus b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni ýehudylara we ýehudy dinini kabul eden adamlara ýüzlenende, Hudaýyň adyny ençeme gezek tutýar (Res. iş. 2:14, 20, 21, 25, 34, TD). Irki mesihçiler Ýehowanyň adyny şöhratlandyrýardylar we Hudaý olaryň wagyz işinde eden tagallalaryny bereketleýärdi. Şu günlerem biz adamlara Hudaýyň adyny wagyz edip, mümkinçilik bolanda gyzyklanýanlaryň Mukaddes Ýazgylaryndan Hudaýyň adyny görkezýäris. Şonda Ýehowa bize-de ak pata berýär, çünki biz olara hak Hudaýy tanamaga kömek edýäris. Bu olara-da, bize-de uly hormat dälmi näme?! Bu Hudaý bilen ajaýyp dostlukly gatnaşygyň başlangyjydyr we ol berkemegini hem ösmegini ebedi dowam eder.

14, 15. Biz Ýehowanyň öz adyny gorandygyny nireden bilýäris?

14 Resullar ölenden soňra, mesihçiler ýygnagyna ýalan dini taglymatlar has güýçli täsir edip başlady (2 Sel. 2:3—7). Hatda ýalan mugallymlar Hudaýyň adyny tutmazlyk baradaky ýehudylaryň däbini kabul etdiler. Hudaý adynyň ýitip gitmegine ýol berermi? Elbetde, ýol bermez! Biz Hudaýyň adynyň dogry aýdylyşyny bilmesek-de, bu at ýitip gitmedi. Mukaddes Ýazgylaryň ençeme terjimelerinde we olary öwrenýän alymlaryň eserlerinde Hudaýyň adyna duş gelse bolýar. Meselem, 1757-nji ýylda Çarlz Peter Hudaýyň islendik titullaryndan tapawutlylykda, «Ýehowa» adynyň Hudaýyň nähilidigini has gowy suratlandyrýandygyny ýazdy. 1797-nji ýylda Horton Heýns Hudaýa sežde etmek barada kitap ýazýar. Onuň 7-nji baby şeýle sözler bilen başlanýar: «ÝEHOWA ýehudylaryň HUDAÝYNYŇ ady; olar diňe şoňa sežde edipdirler. Şeýle-de oňa Mesih we resullar sežde edýärdi». Genri Gru (1781—1862) diňe bir Hudaýyň adyny tutman, eýsem, bu adyň garalanandygyna we ony aklamalydygyna düşünipdir. Şonuň ýaly-da, Ç. T. Rassel bilen bile işleşen Jorj Storrz hem (1796—1879) Rassel ýaly Hudaýyň adyny tutupdyr.

15 1931-nji ýylda Hudaýyň halky üçin örän wajyp waka boldy. Olara öň «Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler» diýilýärdi. Emma şol ýyl olar Mukaddes Ýazgylara esaslanan «Ýehowanyň Güwäçileri» diýen ady kabul etdiler (Iş. 43:10—12). Şeýdip, olar ýeke-täk hak Hudaýyň adyny göterip, ony buýsanç bilen şöhratlandyrýandyklaryny dünýä äşgär etdiler (Res. iş. 15:14). Bu waka Malaky 1:11-de Ýehowanyň aýdan sözlerini ýatladýar: «Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar!»

ÝEHOWANYŇ ADY BILEN ÝÖRÄŇ

16. Biz näme üçin Ýehowanyň ady bilen ýöremegi hormat saýmaly?

16 Malaky pygamber şeýle ýazdy: «Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Ýehowanyň ady bilen ýöräris» (Mika 4:5, TD). Hawa, Ýehowa Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlara diňe bir Öz adyna hormat goýmagy däl-de, eýsem, ony götermäge-de mümkinçilik berdi. Bu Hudaýyň olardan razydygyny görkezýär (Malaky 3:16—18-nji aýatlary okaň). Siz barada näme diýse bolar? Siz «Ýehowanyň ady bilen ýöremäge» tagalla edýärmisiňiz?

17. Hudaýyň ady bilen ýöremek üçin näme etmeli?

17 Biz Hudaýyň ady bilen ýöremek üçin azyndan üç zat etmeli. Birinjiden, biz Hudaýyň adyny başgalara gürrüň bermeli, çünki diňe «Rebbi (Rebbiň adyny) çagyran adam gutular» (Rim. 10:13). Ikinjiden, biz Ýehowanyň häsiýetlerine, esasan-da, onuň söýgüsine eýermeli (1 Ýahýa 4:8). Üçünjiden, Hudaýyň ady bilen ýöremek üçin, Onuň dogry kadalaryna ýürekden tabyn bolup, Atamyzyň mukaddes adyny aklamaly (1 Ýahýa 5:3). Siz «ömürlik Hudaýymyz Ýehowanyň ady bilen ýöremegi» ýüregiňize düwdüňizmi?

18. Näme üçin Ýehowanyň Beýik adyny bilýänleriň ählisi gelejege ynam bilen garap bilýärler?

18 Ýehowany inkär edýän ýa-da Oňa hormat goýmaýan adamlar tizden Onuň kimdigini bilmäge mejbur bolarlar (Ezek. 38:23). Şeýle adamlar fyrowna meňzeýärler. Ol şeýle diýipdi: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asar... ýaly?» Soňra fyrown Ýehowanyň Gudratygüýçli Hudaýdygyny boýun almaga mejbur boldy (Müs. çyk. 5:1, 2; 9:16; 12:29). Emma biz Ýehowany öz islegimiz boýunça tanadyk we Onuň dosty bolduk. Biz Onuň gulak asýan halkyna degişlidigimize we Onuň adyny göterýändigimize buýsanýarys! Biz Zebur 9:10-daky wada görä, gelejege ynamly garaýarys: «Adyňy bilýänler Saňa bil baglar; çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary terk eden dälsiň».

a Hudaýyň ady ýewreý diliniň işliginden emele gelip, «bolmak» diýmegi aňladýar. Şonuň üçin «Ýehowa» sözüniň manysy «Boldurýar» diýmekdir.

b Irki mesihçileriň ulanan ýewreý ýazgylarynda Hudaýyň ady bardy. Şeýle-de «Septuagintanyň», ýagny ýewreý ýazgylaryň grek terjimeleriniň irki nusgalarynda Hudaýyň ady ýazylan bolmaly.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş