Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/3 sah. 8—11
  • Ýeremiýa kitabyndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýeremiýa kitabyndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «MENIŇ HALKYM IKI ÝAMANLYK ETDI»
  • (Ýeremiýa 1:1—20:18)
  • «BOÝNUŇYZY BABYL PATYŞASYNYŇ BOÝUNTYRYGYNA GOÝUŇ»
  • (Ýeremiýa 21:1—51:64)
  • IÝERUSALIMI OT ALÝAR
  • (Ýeremiýa 52:1—34)
  • Ýeremiýa ýaly oýa boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýehowa Ýermeýany iberýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýermeýa kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • Ýermeýa Ýehowa barada gürrüň bermegini goýmady
    Çagalaryňyza öwrediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/3 sah. 8—11

Ýehowanyň sözi diri

Ýeremiýa kitabyndan peýdaly pikirler

ÝEREMIÝA pygamberiň halka yglan eden sözleri nähili elhenç bolup görnendir! Ol betbagtçylygyň golaýlaşýandygyny habar berýär. Üç ýüz ýyldan gowrak seždäniň merkezi bolan ajaýyp ybadathana bütinleý ýanmaly. Iýerusalim şäheri, Ýahuda ýurdy haraba öwrülip, ilaty sürgün edilmeli. Mukaddes Ýazgylardaky kitaplaryň içinde möçberi boýunça ikinji ýerde durýan Ýeremiýa kitabynda şu we beýleki hökümler görkezilýär. Şeýle-de Ýeremiýanyň 67 ýyllap pygamberlik edip, şol hökümleri gözi bilen görendigi aýdylýar. Ýeremiýa kitabynda şol döwrüň wakalary yzygiderli däl-de, mowzuklara bölünip beýan edilýär.

Bizi Mukaddes Ýazgylardaky Ýeremiýa kitaby näme üçin gyzyklandyrmaly? Ondaky ýerine ýeten pygamberlikler wadasyny Ýerine Ýetirýän Ýehowa imanymyzy berkidýär (Işaýa 55:10, 11). Ýeremiýa pygamberiň eden gullugy we adamlaryň onuň habaryna seslenişi biziň günlerimize gabat gelýär (1 Korintoslylar 10:11). Şeýle-de Ýehowanyň halkyna bildiren beýik häsiýetleri habar berilýär. Bu kitaby okap köp zady öwrenip bileris (Ýewreýler 4:12).

«MENIŇ HALKYM IKI ÝAMANLYK ETDI»

(Ýeremiýa 1:1—20:18)

Ýeremiýa pygamberlik ýumşy Ýahudanyň patyşasy Ýoşiýanyň höküm sürýän döwrüniň 13-nji ýylynda tabşyrylýar. B. e. öň 607-nji ýyla, ýagny Iýerusalimiň derbi-dagyn edilmegine ýene 40 ýyl bardy (Ýeremiýa 1:1, 2). Bu pygamberlikde, aýratynam, Ýoşiýa patyşanyň höküm sürýän döwrüniň 18-nji ýylynda Ýahudanyň edýän erbet işleri ýazgarylýar we Ýehowanyň hökümleri yglan edilýär. Ýehowa şeýle diýýär: «Iýerusalimi daş üýşmegi... ederin. Ýahudanyň şäherlerini hiç kim ýaşamaýan çöle öwrerin» (Ýeremiýa 9:11). Näme üçin? Ýehowa: «Sebäbi Meniň halkym iki ýamanlyk etdi» diýýär (Ýeremiýa 2:13).

Pygamberlikde toba eden galyndynyň dikeldiljegi barada hem habar berilýär (Ýeremiýa 3:14—18; 12:14, 15; 16:14—21). Emma halk habarça ýigrenç bilen garaýar. Ýeremiýany «Ýehowanyň öýüniň baş gözegçisi» urup, el-aýagyny gözenekli agaja berkidýär (Ýeremiýa 20:1—3).

Sowallaryň jogaby:

1:11, 12 — Ýehowanyň sözünde oýa bolmagy näme üçin «badam agajynyň şahasy» bilen deňeşdirilýär? Ýaz aýlarynda ilkinji gülleýän agaçlaryň biri Badam agajydyr. Göçme manyda Ýehowa hökümlerini halkyna duýdurmak üçin «pygamberlerini daň atmanka iberýär» we sözüni berjaý edýänçä «oýa bolýar» (Ýeremiýa 7:25).

2:10, 11 — Biwepa ysraýyllylar üýtgeşik näme etdiler? Başga halklar, meselem, günbatardaky Kittim, gündogardaky Kedar halklary başga halklaryň dini däp-dessurlaryna eýerseler-de, öz taňrylaryny başga taňrylara hiç haçan çalyşmaýardylar. Ysraýyllylar bolsa Ýehowany taşlap, diri Hudaýyň şöhratyny jansyz heýkellere çalyşdylar.

3:11—22; 11:10—12, 17 — B. e. öň 740-njy ýylda on taýpaly demirgazyk Ysraýyl halky derbi-dagyn edilýär. Emma näme üçin Ýeremiýa olar barada-da pygamberlik edýär? B. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalimiň derbi-dagyn edilmegi Ýehowanyň diňe Ýahudany däl-de, bütin Ysraýyl halkyny höküm edendigini aňladýar (Ezekiýel 9:9, 10). On taýpaly Ysraýyl ýurdy derbi-dagyn edilenden soň hem, pygamberlikler Iýerusalimi aňladýar, sebäbi Hudaýyň pygamberlik habary bütin Ysraýyla degişlidi.

4:3, 4 — Bu aýatlardaky buýruk nämäni aňladýar? Biwepa ýehudylar ýüregini saplamak üçin, göçme manyda aýdanyňda, ony taýýarlamalydylar, ýumşatmalydylar we hapadan arassalamalydylar (Ýeremiýa 9:25, 26; Resullaryň işleri 7:51). Olar ýüregini «sünnetlemelidi», ýagny erbet niýetden, pikirden, we duýgudan dynmalydy. Diýmek, olar durmuşyny üýtgedip, Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin erbet işleri taşlamalydy.

4:10; 15:18 — Ýehowa haýsy manyda pitneçi halkyny aldaýar? Ýeremiýanyň döwründe «ýalan pygamberlik» edýän pygamberler bardy (Ýeremiýa 5:31; 20:6; 23:16, 17, 25—28, 32). Ýehowa olara ýalan habarlary aýtmaga päsgel bermedi.

16:16 — Ýehowanyň «köp balykçylary» we «köp awçylary» iberjekdigi nämäni aňladýar? Ýehowa biwepa ýehudylary höküme sezewar etmek üçin, olaryň üstüne duşmanlaryny iberýär. Emma Ýeremiýa 16:15-i göz öňünde tutsak, toba gelen ysraýyllylaryň gözleniljekdigi barada aýdylýar diýse bolar.

20:7 — Haýsy manyda Ýehowa «öz güýjüni [Eremiýanyň] garşysyna» ulandy we ony «aldady» (TD)? Ýehowanyň hökümini yglan edende, halkyň sowuk-sala garaýşy, garşylyk görkezip, yzarlaýşy Ýeremiýany güýçden gaçyrýar, ol gullugyny dowam edip bilmeýär. Emma Ýehowa «öz güýjüni [onuň] garşysyna» ulanyp, kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi. Şeýdip, Ýehowa Ýeremiýany «aldady», ýagny pygamberiň başarmaryn diýip pikir eden ýumşuny berjaý etmäge höweslendirdi.

Biziň üçin sapak:

1:8. Ýehowa käwagt garşy çykýan häkimiýetleri ýüz görmeýän kazylara çalşyp ýa-da gullukçylaryna çydamaga güýç berip, halkyny yzarlamalardan halas edýär (1 Korintoslylar 10:13).

2:13, 18. Biwepa ysraýyllylar iki erbet iş etdiler. Olar bagtyň, abadançylygyň, görkezmäniň we goragyň gözbaşy bolan Ýehowany taşladylar. Göçme manyda kärizler gazyp, harby güýçleri gözlemek üçin Müsür, Aşur bilen äht baglaşdylar. Biziň günlerimizde «diri suwuň gözbaşy» bolan hak Hudaýa bil baglamagyň deregine, ynsan taglymatyna, pikirine we hökümine bil baglap, ony suw durmaýan «synyk kärizlere» çalyşýarlar.

6:16. Ýehowa öz pitneçi halkyna saklanyp, özlerini barlamagy we wepaly ata-babalarynyň «ýollaryny» agtarmagy nesihat berýär. Eger Ýehowanyň ýoly bilen ýörejek bolsak, onda özümizi wagtal-wagtal barlap durmaly dälmi näme?

7:1—15. Ýehudylar ybadathana bil baglap, oňa gorag hökmünde garasalar-da, olar halas bolmady. Biz görýän zatlarymyz arkaly däl-de, iman arkaly gezmeli (2 Korintoslylar 5:7).

15:16, 17. Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenmekde şatlyk tapsak, Ýehowanyň adyny wagyz edip şöhratlandyrsak, erbet işleri inkär etsek, Ýeremiýa ýaly bizem lapykeçlige garşy göreşip bileris.

17:1, 2. Ýehudylaryň günäleri üçin Ýehowa olaryň gurbanlaryny inkär edýär. Ahlaksyzlyk etsek biziň öwgi gurbanlarymyz kabul edilmez.

17:5—8. Adamzat jemgyýeti diňe Hudaýyň islegine we prinsiplerine gabat gelen ýagdaýynda, biziň ynamymyza mynasyp bolup biler. Ýöne gutulyş, parahatlyk, howpsuzlyk ýaly meselede diňe Ýehowa bil baglamak paýhaslydyr (Zebur 146:3).

20:8—11. Bizi lapykeçlik, garşylyklar ýa-da yzarlamalar Patyşalyk baradaky wagyz işine yhlasymyzy gowşatmaly däl (Ýakup 5:10, 11).

«BOÝNUŇYZY BABYL PATYŞASYNYŇ BOÝUNTYRYGYNA GOÝUŇ»

(Ýeremiýa 21:1—51:64)

Ýeremiýa Ýahudanyň soňky dört patyşasyna, ýalan pygamberlere, ýaramaz ýolbaşçylara we ahlaksyz ruhanylara garşy höküm çykarýar. Ýehudylaryň wepaly galyndysyny gowy injir bilen deňeşdirip, Ýehowa şeýle diýýär: «Men olara gowy bolsun diýip nazar salaryn» (Ýeremiýa 24:5, 6). 25-nji bapdaky gysgaça berlen üç pygamberlik soňky baplarda jikme-jik düşündirilýär.

Ruhanylar we pygamberler Ýeremiýany öldürmegiň planyny düzýärler. Ol Babyl patyşasyna gulluk etmegi habar berýär. Ýeremiýa: «Boýnuňyzy Babyl patyşasynyň boýuntyrygyna goýuň» diýip, Zedekiýa patyşa aýdýar (Ýeremiýa 27:12). Pygamber şeýle sözler bilen ynandyrýar: «Ysraýyly Kim dargadan bolsa, Şol hem ýygnar» (Ýeremiýa 31:10). Rekabileriň wepalylygy üçin, olara ygtybarly wada berilýär. Ýeremiýany «köşkde gamap goýýarlar» (Ýeremiýa 37:21). Iýerusalim derbi-dagyn edilip, halkyň köpüsi sürgün edilýär. Ýeremiýa, onuň kätibi Baruk we birnäçe adamlar sürgün edilmän ýurtda galýar. Ýeremiýanyň duýduryşyna gulak asman olar Müsüre gidýärler. 46—51-nji baplarda Ýeremiýanyň başga halklara aýdan hökümleri ýazylan.

Sowallaryň jogaby:

22:30 — Şu aýada görä, Isa Mesih Dawudyň tagtynda oturmak hukugyny ýitirýärmi? (Matta 1:1, 11). Ýok. Bu karara laýyklykda, Ýehoniýanyň ähli nesilleri «Ýahudada Dawudyň tagtynda oturmak» hukugyndan mahrum boldy. Isa bolsa Ýahudada däl-de, gökden höküm sürer.

23:33 — «Rebbiň ýüki» nämäni aňladýar? Ýeremiýanyň günlerinde Iýerusalimiň derbi-dagyn boljakdygy barada gazaply hökümler yglan edilýär. Ýeremiýanyň döwürdeşleri muny ýük hasaplaýarlar. Emma ynamsyzlykda kök uran adamlar bolsa Ýehowa üçin ýükdi. Şol sebäpli Ýehowa olardan dynmak isleýär. Şonuň ýaly-da Mukaddes Ýazgylardaky hristian dünýäsiniň ýok ediljekdigi baradaky habar buthanalara agyr ýük, duýduryşa gulak asmaýan adamlar bolsa Ýehowa üçin agramly ýük.

31:33 — Hudaýyň kanuny nädip ýürekde ýazylýar? Ýehowanyň kanunyny söýýän adamda onuň islegini berjaý etmäge güýçli isleg bolýar. Şeýle adamyň ýüreginde Hudaýyň kanuny ýazylan diýse bolar.

32:10—15 — Şertleşik baglaşylanda näme üçin iki şertnama düzülýärdi? Gerek wagtynda açyp sereder ýaly, bir şertnama açyk, ýagny möhürlenmän goýulýardy. Ikinji şertnama bolsa möhürlenip, birinji şertnamanyň dogrudygyny tassyklamak üçin saklanylýardy. Ýeremiýa imandaşy we garyndaşy bilen iş salyşsa-da, ol şertleşik baglaşanda ýazuw arkaly şertnama düzdi. Bu biziň üçin görelde.

33:23, 24 — Bu aýatlarda haýsy «iki taýpa» barada gürrüň edilýär? Olaryň biri Dawudyň höküm sürýän patyşalyk nesilleri, beýlekisi Harunyň ruhanylyk nesilleri. Ýehowa Iýerusalimi we ybadathanany haraba öwrende, bu iki taýpany inkär edip, onuň patyşalygy ýeriň üstünden höküm sürmejek we hakyky sežde dikeldilmejek ýalydy.

46:22 — Müsüriň sesi näme üçin ýylanyň sesine meňzedilýär? Bu aýatda Müsür haşyldap, süýşenekläp yza çekilýän ýylana meňzedilýär ýa-da heläkçiliklere uçrandygy sebäpli, Müsüriň milli sesiniň örän ejizligi görkezilýär. Şeýle-de Müsür faraonlary ýylanlaryň Uadžet taňrysyndan hemaýat gözläp, mukaddes ýylanyň şekili bolan täji biderek göterendigini görkezýär.

Biziň üçin sapak:

21:8, 9; 38:19. Iýerusalimiň derbi-dagyn edilmeginiň edil öň ýanynda Ýehowa toba etmeýän halka ölümden halas bolmagy hödürleýär. Hawa, «Onuň rehimi ägirtdir» (2 Patyşalar 24:14; Zebur 119:156).

31:34. Ýehowa bagyşlan adamlarynyň günälerini ýatda saklamaýandygy we geçmişde eden günäleri üçin jezalandyrmaýandygy nähili teselli berýär!

38:7—13; 39:15—18. «Mukaddeslere hyzmat edip» eden wepaly gullugymyzy we işlerimizi Ýehowa ýatdan çykarmaýar (Ýewreýler 6:10).

45:4, 5. Biz zalym dünýäniň «soňky günlerinde» ýaşaýarys. Ýahudanyň soňky günlerinde bolşy ýaly, häzir «beýik zatlary», ýagny baýlyk, wezipe we maddy taýdan abadançylygy agtarmagyň wagty däl (2 Timoteos 3:1; 1 Ýahýa 2:17).

IÝERUSALIMI OT ALÝAR

(Ýeremiýa 52:1—34)

B. e. öň 607-nji ýyly Zedekiýa patyşanyň höküm sürýän döwrüniň 11-nji ýylydy. Babyl patyşasy Nebukadnezar Iýerusalimi on sekiz aýlap gabawda saklaýar. Bäşinji aýyň ýedinji güni, ýagny Nebukadnezaryň patyşalygynyň 19-njy ýylynda, goragçylaryň başy Nebuzardan Iýerusalime gelýär (4 Patyşalar 25:8). Nebuzardan goşuny şäheriň daşynda goýup, ýagdaýy gözden geçirýär we hüjüm etmegi planlaşdyrýar. Üç günden soň, ýagny aýyň onunda Nebuzardan Iýerusalime girýär. Şäheri tutuşlygyna otlaýar (Ýeremiýa 52:12, 13).

Ýeremiýa Iýerusalimiň ýykyljagyny jikme-jik habar berýär. Ol habar agladýar. Bu barada Mukaddes Ýazgylardaky Ýeremiýanyň agysy diýen kitapda berlen.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş