Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Nehemýa 1:1—13:31
  • Nehemýa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nehemýa
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Nehemýa

NEHEMÝA KITABY

1 Hakalýanyň ogly Nehemýanyň*+ sözleri: Men 20⁠-⁠nji ýylyň* kislew* aýynda Şuşan*+ galasyndadym. 2 Doganym* Hananýar+ Ýahudadan birnäçe adam bilen ýanyma geldi. Men ýesirlikden boşan ýehudylaryň+ we Iýerusalimiň ýagdaýy hakda soradym. 3 Olar: «Ýesirlikden gelip, Ýahuda etrabynda ýaşaýan adamlar gözgyny ýagdaýda, ile gülki boldular+. Iýerusalimiň diwarlary ýumrulyp ýatyr+, derwezeleri ýanyp kül boldy»+ diýdiler.

4 Muny eşidip, aglap başladym. Birnäçe günläp hasrat çekdim, agyz bekläp+, gökdäki Hudaýa doga etdim. 5 Men şeýle doga etdim: «Gökdäki Hudaýym Ýehowa, sen ähtiňe wepalysyň, hudaýhonlary*, tabşyryklaryňy berjaý edýänleri söýýärsiň*+, beýik hem haýbatly Hudaýsyň! 6 Haýyş edýärin, dogamy ünsli diňläp, guluňa jogap ber. Ysraýyl halkyň üçin gije⁠-⁠gündiz edýän dilegimi eşit+. Halk saňa garşy köp günäleri etdi, olaryň günäsi üçin ötünç soraýaryn. Menem, atamyň öý⁠-⁠içerisem öňüňde günäkär+. 7 Biz guluň Musa arkaly beren tabşyryklaryňy, kanunlaryňy we hökümleriňi bozup+, agyr günä etdik+.

8 Haýyş edýärin, guluň Musa aýdan sözleriňi ýada sal. Sen: „Eger biwepalyk etseňiz, sizi halklaryň arasyna dargadaryn+. 9 Ýöne toba etseňiz*, tabşyryklaryma gulak asyp, olary berjaý etseňiz, ýeriň aňry ujuna çenli dargan bolsaňyz⁠-⁠da, sizi ýygnap+, adym üçin saýlan ýerime getirerin“+ diýipdiň. 10 Olar beýik gudratyň, güýçli goluň bilen azat eden halkyň hem gullaryň+. 11 Ýehowa, ýalbarýaryn, guluň dogasyny ünsli diňle. Adyňa ýürekden hormat goýýanlaryň* dogasyny eşit. Haýyş edýärin, işim oňuna bolar ýaly, patyşanyň ýüregini ýumşat»+.

Şol wagt men patyşanyň şerapçysydym+.

2 Ardaşir* patyşanyň+ hökümdarlygynyň 20⁠-⁠nji ýylynyň+ nisan* aýynda patyşanyň öňündäki şeraby alyp, hemişekim ýaly uzatdym+. Şondan öň patyşanyň huzurynda hiç haçan gamgyn bolmandym. 2 Patyşa menden: «Keýpiň ýok⁠-⁠la, sen syrkawam⁠-⁠a däl. Aladaň barmy?» diýip sorady. Muny eşidip, gaty gorkdum.

3 Men: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! Men neneň gamgyn bolmaýyn?! Ata⁠-⁠babalarymyň şäheri haraba bolup ýatyr, derwezeleri hem otlanypdyr»+ diýdim. 4 Patyşa: «Näme islegiň bar?» diýip sorady. Men şol bada gökdäki Hudaýa doga etdim+. 5 Soňra: «Patyşahym, menden razy bolsaň, Ýahuda gidip, ata⁠-⁠babalarymyň şäherini dikeltmäge rugsat ber»+ diýdim. 6 Ol: «Näçe wagtlyk gitjek bolýaň, haçan geljek?» diýip sorady. Şa aýaly hem patyşanyň ýanynda otyrdy. Yzyma geljek wagtymy aýdanymda+, patyşa meni goýberdi+.

7 Soňra men: «Patyşahym, Ýewfrat derýasynyň+ günbataryndaky welaýatyň üstünden geçip gitjek bolýaryn. Ýahuda sag⁠-⁠aman barar ýaly, welaýat häkimlerine hat ýazyp beräý. 8 Şa tokaýyna gözegçilik edýän Asafa⁠-⁠da hat ýazyp beräý. Goý, ol maňa ybadathananyň Gala derwezelerini+, şäheriň diwarlaryny+ gurmak we jaý salmak üçin agaç bersin» diýdim. Patyşa⁠-⁠da hatlary ýazyp berdi+, sebäbi Hudaý meni goldaýardy+.

9 Men Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimleriniň ýanyna baryp, patyşanyň hatlaryny berdim. Patyşa serkerdelerini, atlylaryny hem ýanyma goşup goýberdi. 10 Beýthoronly Sanballat+ we ammonlardan+ Tobyýa+ emeldar* ysraýyllara biriniň kömek etmäge gelenini eşidip gaharlandylar.

11 Şeýlelikde, Iýerusalime baryp, üç gün boldum. 12 Emma Iýerusalimde Hudaýymyň kömegi bilen etjek işlerim hakda hiç kime aýtmadym. Gije turup, ýanyma birnäçe adamy aldym⁠-⁠da, ýola düşdüm. Men eşeklidim, olar bolsa pyýadady. 13 Gije Jülge derwezesinden+ çykyp, Uly ýylan çeşmesiniň öňünden geçdim⁠-⁠de, Kül derwezesine+ çenli Iýerusalimiň ýykylan diwarlaryny we otlanan derwezelerini gözden geçirdim+. 14 Çeşme derwezesinden+ geçip, Patyşa howzuna gitdim, ol ýerden eşekli geçer ýaly däldi. 15 Şonda⁠-⁠da jülgeden+ ýokarlygyna galyp, diwarlary gözden geçirdim. Soňra ýene Jülge derwezesinden geçip, yzyma gaýtdym.

16 Meniň nirä gidip, näme edendigimden baştutanlaryň+ habary ýokdy, sebäbi ýehudylara, ruhanylara, beglere, baştutanlara we işçilere hiç zat aýtmandym. 17 Soňra olara: «Gözgyny ýagdaýa düşenimizi, Iýerusalimiň haraba bolup ýatanyny, derwezeleriň otlananyny görýänsiňiz. Geliň, ile gülki bolup ýörmän, Iýerusalimiň diwarlaryny dikeldeliň» diýdim. 18 Olara Hudaýymyň eden ýagşylyklaryny*+ we patyşanyň aýdan zatlaryny gürrüň berdim+. Şonda olar: «Ýörüň, gurluşyga başlalyň!» diýişdiler. Adamlar bilini berk guşap, haýyrly işiň ugruna çykdylar+.

19 Muny eşiden beýthoronly Sanballat, ammonlardan+ Tobyýa+ emeldar we Geşem atly arap+ bizi kemsidip, üstümizden gülüp başlady+. Olar: «Edýäniňiz näme? Patyşa garşy çykjak bolýaňyzmy?»+ diýdiler. 20 Men: «Gökdäki Hudaý işimizi oňuna eder+, gurluşyk gowy gider. Siziň Iýerusalimde paýyňyz hem, hakyňyz hem ýok, adyňyz ýatlanar ýaly eden işiňiz hem ýok»+ diýdim.

3 Baş ruhany Alyýaşyp+ bilen beýleki ruhanylar Goýun derwezesini+ gurup başladylar. Derwezäni Hudaýa bagyş edip+, gapylaryny dakdylar. Soňra Meýa diňine+ we Hananel diňine+ çenli diwary gurup, Hudaýa bagyş etdiler. 2 Olaryň gapdalynda ýerihonlylar+, aňyrsynda bolsa Imriniň ogly Zakur işleýärdi.

3 Hasenanyň ogullary Balyk derwezesini+ gurdular. Derwezäniň oturdyljak ýerini agaçdan ýasap+, gapylaryny, kiltlerini we gulplaryny dakdylar. 4 Olaryň gapdalynda Hakosyň agtygy, Uryýahyň ogly Meremot+ işleýärdi, aňyrsynda bolsa Meşzabeliň agtygy, Bereketýaryň ogly Meşullam+ işleýärdi. Olaryň gapdalynda Bagananyň ogly Sadyk işleýärdi. 5 Aňyrsynda bolsa tekoýalylar+ işleýärdi, emma olaryň at⁠-⁠abraýly adamlary gözegçileriň elinde işlemegi kiçilik bildiler.

6 Ýoýadanyň ogly Paseýa bilen Besodýanyň ogly Meşullam Köne şäher derwezesini+ bejerdiler. Derwezäniň oturdyljak ýerini agaçdan ýasap, gapylaryny, kiltlerini we gulplaryny dakdylar. 7 Olaryň gapdalynda gibgonly+ Melatýa we meronotly Ýadon işleýärdi. Olar Ýewfrat derýasynyň+ günbatarynda ýerleşýän welaýatyň häkiminiň golastyndaky Gibgonyň we Mispanyň+ ýaşaýjylarydy. 8 Olaryň gapdalynda Harhaýaryň ogly Uzyýel zergär işleýärdi, aňyrsynda bolsa atyr ýasaýanlardan Hananýa işleýärdi. Olar Iýerusalimiň Giň diwaryna+ çenli aralyga daş düşediler. 9 Olaryň aňyrsynda Iýerusalim etrabynyň ýarysyna gözegçilik edýän Huruň ogly Repaýa han işleýärdi. 10 Olaryň gapdalynda Harumabyň ogly Ýedaýa öýüniň öňündäki diwary dikeldýärdi, aňyrsynda bolsa Hasapnaryň ogly Hatuş işleýärdi.

11 Harymyň+ ogly Mälikýar, Pahatmowabyň+ ogly Haşup diwaryň galan bölegini we Tamdyrlar diňini+ dikeldýärdi. 12 Olaryň gapdalynda Iýerusalim etrabynyň ýarysyna gözegçilik edýän Haloheşiň ogly Şalum han gyzlary bilen işleýärdi.

13 Hanun bilen zanogalylar+ Jülge derwezesini+ bejerdiler. Derwezäni gurup, gapylaryny, kiltlerini we gulplaryny dakdylar. Soňra Kül derwezesine+ çenli diwaryň 1 000 tirsek* aralygyny dikeltdiler. 14 Beýt⁠-⁠hakerem+ etrabynyň hany Rehap ogly Mälikýar Kül derwezesini bejerdi. Derwezäni gurup, gapylaryny, kiltlerini we gulplaryny dakdy.

15 Mispa+ etrabynyň hany Kolhoz ogly Şallun Çeşme derwezesini+ bejerdi. Derwezäni gurup, üçegini bejerdi⁠-⁠de, gapylaryny, kiltlerini we gulplaryny dakdy. Soňra Patyşa bagynyň+ golaýyndaky Aryk howzundan+ tä Dawudyň şäherinden+ aşaklygyna gaýdýan Basgançaga+ çenli diwary dikeltdi.

16 Aňyrsynda bolsa Beýtsur+ etrabynyň ýarysyna gözegçilik edýän Azbugyň ogly Nehemýa han Dawudyň şa gonamçylygynyň+ öňünden tä emeli howza+ we Gahrymanlar öýüne çenli diwary dikeltdi.

17 Gapdalynda lewiler işleýärdi. Olara Banynyň ogly Rehum gözegçilik edýärdi, aňyrsynda Kegila+ etrabynyň ýarysyna gözegçilik edýän Hasapýar han öz etraby üçin işleýärdi. 18 Gapdalyndaky diwarlary bolsa doganlary dikeldýärdi. Olara Kegila etrabynyň ýarysyna gözegçilik edýän Henadatyň ogly Begwaý han ýolbaşçylyk edýärdi.

19 Aňyrsynda Mispanyň hany Ýoşuw+ ogly Ezer işleýärdi. Ol Diregiň+ ýanyndaky Gorhananyň öňünden ýokarlygyna gidýän diwaryň galan bölegini dikeldýärdi.

20 Gapdalynda Zabaýyň+ ogly Baruk işleýärdi. Ol işe erjellik bilen ýapyşyp, Diregden tä baş ruhany Alyýaşybyň+ öýüniň gapysyna çenli diwary dikeltdi.

21 Aňyrsynda bolsa Hakosyň agtygy, Uryýahyň ogly Meremot+ Alyýaşybyň öýüniň gapysyndan başlap, öýüniň aýagujuna çenli diwary dikeltdi.

22 Gapdalynda Iordan+ topragynda* ýaşaýan ruhanylar işleýärdi. 23 Olaryň aňyrsynda Benýamin bilen Haşup öýleriniň öňündäki diwary dikeldýärdi. Olaryň gapdalynda bolsa Ananýanyň agtygy, Maseýanyň ogly Azarýa öýüniň ýanyndaky diwary dikeldýärdi. 24 Aňyrsynda Henadatyň ogly Binaý Azarýanyň öýünden tä Direge+ we burça çenli diwary dikeldýärdi.

25 Gapdalynda bolsa Uzaýyň ogly Palal Diregiň öňündäki diwary dikeldýärdi. Ol Garawulhananyň howlusynyň+ ýanyndaky Şa köşgüne+ degip duran ýokarky diňi hem dikeltdi. Aňyrsynda Paroşyň+ ogly Pedaýa işleýärdi.

26 Opelde+ ýaşaýan ybadathana gullukçylary*+ gündogardaky Suw derwezesine+ we diwardan öňe çykyp duran diňe çenli aralygy dikeldýärdi.

27 Olaryň gapdalynda tekoýalylar+ diwaryň galan bölegini dikeldýärdi. Olar diwardan çykyp duran uly diňiň öňünden Opel diwaryna çenli aralygy dikeltdiler.

28 Ruhanylar bolsa Bedew derwezesinden+ ýokarlygyna galýan diwary dikeldýärdi. Olaryň hersi öýüniň öňünde işleýärdi.

29 Olaryň gapdalynda Imeriň ogly Sadyk+ öýüniň öňündäki diwary dikeldýärdi.

Aňyrsynda bolsa Gündogar derwezesiniň+ garawuly Şekanýa ogly Şemaýa işleýärdi.

30 Gapdalynda Selimýaryň ogly Hananýa we Zalabyň altynjy ogly Hanun diwaryň galan bölegini dikeldýärdi.

Aňyrsynda bolsa Bereketýaryň ogly Meşullam+ öýüniň* öňündäki diwary dikeldýärdi.

31 Gapdalynda zergärlerden Mälikýar Barlag derwezesiniň öňünde ybadathana gullukçylarynyň+ we täjirleriň öýüne çenli aralygy, burçdaky ýokarky otaga çenli diwary dikeldýärdi.

32 Burçdaky ýokarky otag bilen Goýun derwezesine+ çenli diwary bolsa zergärler we täjirler dikeldýärdi.

4 Diwary dikeldýänimizi eşidip, Sanballat+ gahar⁠-⁠gazaba mündi. Içiniň ýangynjyna ýehudylaryň üstünden gülüp başlady. 2 Ol doganlarynyň we Samariýa goşunynyň ýanynda durup: «Nalajedeýin ýehudylar näme işläp ýör? Gurluşyk olaryň başarjak zadymy diýsene?! Gurban berip, gurluşygy bir günde dynaýarlar öýdýärlermikä? Harabaçylykda gum basyp ýatan daşlardan diwar galdyryp bolarmy?»+ diýdi.

3 Sanballatyň ýanynda ammonlardan+ Tobyýa+ hem bardy. Ol: «Aý, olaryň salýan diwaryna tilki dyrmaşsa⁠-⁠da ýykylar» diýdi.

4 Şonda men doga edip: «Eý Hudaý, dadymyza ýetiş, bizi kemsidýärler+. Olaryň üstümizden gülüp aýdýan zatlary öz başyndan insin+. Olary talap, ýesirlige äkitsinler. 5 Olaryň edýän günälerine göz ýumma, geçirimlilik etme+. Olar diwar gurýan halkyňy kemsidýär» diýdim.

6 Biz gurluşygy dowam edip, diwaryň ýarysyny galdyrdyk, ýumrulan ýerlerini dikeltdik. Adamlar işe ýürekden ýapyşýardy.

7 Sanballat, Tobyýa+, araplar+, ammonlar we aşdotlylar+ Iýerusalimiň diwarynyň dikeldilýänini, gurluşygyň gowy gidýänini eşidip, gahar⁠-⁠gazaba mündüler. 8 Olar gurluşygy saklajak bolup, Iýerusalime çozmak hakda dil düwüşdiler. 9 Şonda biz Hudaýa doga etdik we olardan goranmak üçin gije⁠-⁠gündiz garawul goýduk.

10 Emma ýahudalar: «Ýük daşaýanlar ysgyndan gaçdy, edilmeli iş bolsa köp, diwary hiç wagtam dikeldip bilmeris» diýişdiler.

11 Duşmanlar bolsa: «Duýdansyz üstlerine çozup, ählisiniň ýoguna ýanarys, gurluşygy saklarys» diýýän ekenler.

12 Olaryň golaýynda ýaşaýan ýehudylar ýanymyza gelip: «Olar çar tarapdan çozjak bolýarlar» diýip, gaýta⁠-⁠gaýta duýdurdylar.

13 Şonda men diwaryň pes we açyk ýerlerinde garawul goýdum. Olary maşgalasyna görä bölüp, gylyçly, naýzaly we peýkamly duruzdym. 14 Olaryň gorkýanyny görüp, beglere+, baştutanlara we halka: «Olardan gorkmaň!+ Ýehowanyň beýik we haýbatly+ Hudaýdygyny unutmaň. Doganlaryňyzy, ogul⁠-⁠gyzlaryňyzy, aýallaryňyzy we öýleriňizi goraň!» diýdim.

15 Duşmanlar niýetini bilendigimizi eşidip, hak Hudaýyň olaryň maksadyny puja çykarandygyna düşündiler. Biz bolsa gurluşygy dowam etdik. 16 Şol günden başlap, adamlaryň ýarysy işleýärdi+, ýarysy bolsa naýzaly, galkanly, peýkamly we sowutly durýardy. Han⁠-⁠begler+ hem ýahudalary goraýardy*. 17 Şeýlelikde, halk diwary dikeldýärdi. Ýük daşaýanlar bir elinde işläp, bir elinde ýarag göterýärdi. 18 Ähli gurluşykçylaryň bili gylyçlydy, surnaýçy+ bolsa meniň ýanymda durýardy.

19 Men beglere, baştutanlara we adamlara: «Edilmeli iş köp, özümizem biri⁠-⁠birimizden uzakda işleýäris. 20 Surnaý* sesini eşitseňiz, ýanyma ýygnanyň. Hudaýymyz biz üçin söweşer»+ diýdim.

21 Biziň ýarymyz işleýärdik, ýarymyz bolsa daň atandan Gün batýança* elimiz naýzaly durýardyk. 22 Men halka: «Erkek adamlaryň ählisi hyzmatkärleri bilen gije Iýerusalimde galsyn. Olar gije bizi gorasyn, gündizine⁠-⁠de işlesin» diýdim. 23 Doganlarym, hyzmatkärlerim+, ýanymdaky garawullar bilen eşigimizi⁠-⁠de çalyşman işledik, ählimiziň sag elimizde ýarag bardy.

5 Soňra käbir adamlar aýallary bilen ýehudy doganlaryna garşy gozgalaň turuzdylar+. 2 Olaryň käbiri: «Biziň ogul⁠-⁠gyzymyz köp, bir döwüm çöregimiz bolar ýaly galla gerek» diýdi. 3 Käbiri bolsa: «Biz açlykdan ýaňa ekinimizi, üzümligimizi we öýümizi girewine goýýarys» diýdi. 4 Başgalary: «Patyşa salgyt tölemek+ üçin ekinimizi, üzümligimizi girewine goýup, karz aldyk. 5 Bizem doganlarymyz ýaly adam, çagalarymyzyň hem olaryňkydan kem ýeri ýok. Ýöne ogul⁠-⁠gyzymyzy gul edip satmaly bolýarys, gyzlarymyzyň käbiri eýýäm gyrnak boldy+. Munuň öňüni almaga güýç⁠-⁠gaýratymyz hem galmady, ekinimiz, üzümligimiz kesekileriň eline geçdi» diýdi.

6 Olaryň aýdan zatlaryny we galmagalyny eşidip, gaharym geldi. 7 Men gowy oýlanyp, bolan zatlar üçin beglere we baştutanlara käýäp: «Doganlaryňyza näme üçin göterimine karz berýäňiz?»+ diýdim.

Soňra şol meseläni çözmek üçin ýygnak etdim. 8 Olara: «Biz⁠-⁠ä barja zadymyzy berip, ýehudy doganlarymyzy başga halklaryň elinden azat etdik. Siz bolsa indi doganlaryňyzy satjak bolýaňyzmy?+ Olary ýene⁠-⁠de yzyna satyn almalymy?» diýdim. Olar aýdara zat tapman, sesini çykarman durdular. 9 Şonda men: «Edýäniňiz⁠-⁠ä bolanok. Duşmanlaryň gyjalatyna galmaz ýaly, Hudaýdan gorkup+, dogry ýoldan ýöreseňiz bolmaýarmy?! 10 Men doganlarym we kömekçilerim bilen hiç kime göterimine karz ýa galla beremok. Haýyş edýärin, sizem göterimine bermäň+. 11 Gaýrat edip, olaryň ekinlerini+, üzümliklerini, zeýtun baglaryny, öýlerini we pulundan, gallasyndan, täze şerabyndan, ýagyndan göterimine alan ýüzden bir bölegiňizi şu günüň özünde beriň» diýdim.

12 Olar: «Alan zadymyzy bereris, ýerine⁠-⁠de hiç zat talap etmeris. Ähli zady aýdyşyň ýaly ederis» diýdiler. Men ruhanylaryň öňünde şol adamlara ant içirdim. 13 Soňra donumyň gyrasyny* silkip: «Goý, hak Hudaý sözünde durmadyk adamyň öýüni silkip, mal⁠-⁠mülküni elinden alsyn. Goý, onuň öýi boşap galsyn» diýdim. Bütin halk: «Omyn!*» diýip, Ýehowany şöhratlandyrdy. Olar beren sözünde durdular.

14 Ýahuda ýurduna häkim+ bolanymdan bäri, Ardaşir* patyşanyň+ hökümdarlygynyň 20⁠-⁠nji ýylyndan+ 32⁠-⁠nji ýylyna+ çenli 12 ýylyň dowamynda doganlarym bilen häkime berilýän paýdan iýmedim+. 15 Menden öňki häkimler halky ezip, her günki çöregi we şeraby üçin 40 şekel* kümüş alypdyr. Olaryň kömekçileri hem halka görgi baryny görkezipdir. Men bolsa Hudaýdan gorkýandygym+ üçin beýle etmedim+.

16 Men diwaryň gurluşygyna⁠-⁠da gatnaşdym, ähli kömekçilerim hem işledi. Hiç birimiziň mülkümiz ýokdy+. 17 Ýehudylardan we baştutanlardan 150 adam, goňşy halklardan gelen adamlar hem meniň saçagymdan naharlanýardy. 18 Her gün meniň hasabyma bir öküz, alty semiz goýun soýlup, guşuň etine çenli bişirilýärdi. Her on günden şerabyň dürli görnüşini bolluk bilen berýärdim. Halkdan häkime berilýän paýy talap etmeýärdim, sebäbi olaryň şonsuzam derdi ýetikdi. 19 Eý Hudaý, halka eden ýagşylyklarymy unutman, meni ýalka!+

6 Sanballat, Tobyýa+, Geşem diýen arap+ we başga⁠-⁠da duşmanlarymyz ýumrulan diwary doly dikeldendigimi+ eşitdiler. Şol wagt derwezeleriň gapylaryny heniz oturtmandym+. 2 Sanballat bilen Geşem dessine maňa habar ýollap: «Gel, bir gün On+ jülgesindäki obada görşeli» diýdiler. Olaryň niýeti gowy däldi. 3 Men çapar ýollap: «Wajyp işim bar, ýanyňyza baryp bilmerin. Gitsem, iş durar» diýdim. 4 Emma olar maňa dört gezek habar ýolladylar, men bolsa her gezek şol bir jogaby berýärdim.

5 Sanballat hyzmatkäriniň eline möhürlenmedik hat berip, maňa bäşinji gezek habar ýollady. 6 Hatda şeýle sözler bardy: «Il⁠-⁠günüň we Geşemiň+ aýtmagyna görä, sen ýehudylar bilen gozgalaň turuzjak bolýarmyşyň+. Diwary hem şonuň üçin dikeldýärmişiň, eşidişime görä, sen patyşa boljak bolýarmyşyň. 7 „Ýahudanyň patyşasy bar!“ diýip, özüň hakda Iýerusalimde jar çekdirmek üçin pygamberleri hem belläpsiň. Edilýän gürrüňler patyşanyň gulagyna⁠-⁠da ýeter. Gel, şonuň üçin maslahatlaşyp, meseläni çözeli».

8 Men: «Aýdýan zatlaryň ýalan, özüň toslap tapypsyň» diýip jogap berdim. 9 Olar bizi gorkuzjak bolýardylar. Öz aralarynda: «Olaryň elini işden sowadyp, gurluşygy saklarys»+ diýýän ekenler. Men: «Eý Hudaý, maňa güýç ber»+ diýip doga etdim.

10 Soňra men Mehetabeliň agtygy, Delaýanyň ogly Şemaýanyň öýüne gitdim, ol öýünden çykman oturan eken. Şemaýa maňa: «Gel, hak Hudaýyň öýüne, ybadathana girip, gapylaryny gulplaly, seni öldürjek bolýarlar. Gije seni öldürmäge gelerler» diýdi. 11 Men bolsa: «Heý⁠-⁠de, meniň ýaly adam gaçyp gizlenermi? Ybadathana girsem, ölüme höküm edilmerinmi?+ Ýok, girmerin!» diýdim. 12 Görüp otursam, Tobyýa bilen Sanballat+ maňa garşy pygamberlik etdirmek üçin Şemaýany hakyna tutupdyr, ony Hudaý ibermändir. 13 Ol meni gorkuzyp, günä etdirmek üçin hakyna tutulan eken. Olar meni abraýdan düşürip, masgaralajak bolupdyr.

14 Men: «Eý Hudaý, Tobyýa+ bilen Sanballatyň eden ýamanlygyny, pygamber aýal Nowadýany we beýleki pygamberleri unutma, olar meni gaýta⁠-⁠gaýta gorkuzjak boldy» diýip doga etdim.

15 Şeýlelikde, elul* aýynyň 25⁠-⁠ne, 52 günde diwaryň gurluşygy tamamlandy.

16 Muny gören⁠-⁠eşiden duşmanlar we goňşy halklar masgara boldular+. Olar gurluşygy Hudaýyň kömegi bilen edenimize düşündiler. 17 Şol wagtlar Ýahudanyň begleri+ Tobyýa köp hat iberýärdiler, Tobyýa hem jogap berýärdi. 18 Ýahudalaryň köpüsi Tobyýanyň tarapyny tutjakdygyna ant içipdi, sebäbi ol Arahyň+ ogly Şekanýanyň giýewsidi, ogly Ýehohanan hem Bereketýaryň ogly Meşullamyň+ gyzyna öýlenipdi. 19 Olar meniň ýanymda Tobyýany hemişe öwýärdiler, agzymdan çykan her sözi bolsa oňa ýetirýärdiler. Tobyýa bolsa meni gorkuzjak bolup, hat baryny ugradardy+.

7 Diwar dikeldilen+ badyna, gapylary oturdyp+, derwezebanlara+, aýdymçylara+ we lewilere+ borçlaryny tabşyrdym. 2 Doganym Hananýary+ we Galanyň+ baştutany Hananýany Iýerusalime gözegçi edip goýdum. Hananýa köplere garanyňda, has ynamdar we Hudaýdan gorkýan+ adamdy. 3 Olara: «Gün gyzýança, Iýerusalimiň derwezelerini açmaň. Derwezebanlar agşam nobatyny tabşyrmanka, gapylary gulplasynlar. Iýerusalim ilatyndan garawullary belläň. Olaryň hersi öz bellenen ýerinde we öýüniň öňünde dursun» diýip tabşyrdym. 4 Şäher uly we giňdi, ilaty bolsa azdy+, jaýlaryň köpüsi heniz dikeldilmändi.

5 Emma Hudaý meni ilat ýazuwyny+ geçirmäge höweslendirdi. Men begleri, baştutanlary we tutuş halky ýygnadym. Şonda ýesirlikden ilkinji bolup gelenleriň ilat ýazuwyny tapdym. Onda şeýle ýazylgydy:

6 Wawilon patyşasy Nawuhodonosor+ halky Wawilona sürgün edipdi+. Ýesirler* Iýerusalime we Ýahuda dolanyp, öz şäherlerinde ýaşap başladylar+. 7 Olar Zerubabel+, Ýoşuw+, Nehemýa, Azarýa*, Ramyýa*, Nahyman, Mordekaý, Bilşan, Misperet*, Bigwaý, Nehum* we Baganaý bilen gaýdypdylar.

Ysraýyl erkekleriniň sanawy şudur+: 8 Paroşyň nesli 2 172 adam; 9 Şepatýanyň nesli 372 adam; 10 Arahyň+ nesli 652 adam; 11 Ýoşuwyň we Ýowabyň+ neslinden Pahatmowabyň+ nesli 2 818 adam; 12 Elamyň+ nesli 1 254 adam; 13 Zatuwyň nesli 845 adam; 14 Zekaýyň nesli 760 adam; 15 Binaýyň* nesli 648 adam; 16 Babaýyň nesli 628 adam; 17 Azgatyň nesli 2 322 adam; 18 Adonykamyň nesli 667 adam; 19 Bigwaýyň nesli 2 067 adam; 20 Adynyň nesli 655 adam; 21 Hizkiýanyň neslinden Ateriň nesli 98 adam; 22 Haşumyň nesli 328 adam; 23 Bezaýyň nesli 324 adam; 24 Harybyň nesli 112 adam; 25 Gibgonyň+ nesli 95 adam; 26 beýtullahamlylar we netopalylar 188 adam; 27 anatotlylar+ 128 adam; 28 beýt⁠-⁠azmawetliler 42 adam; 29 kirýat⁠-⁠ýegarimliler+, kepiralylar we beýerotlylar+ 743 adam; 30 ramalylar we gebalylar+ 621 adam; 31  mikmaslylar+ 122 adam; 32 beýtelliler+ we aýlylar+ 123 adam; 33 beýleki nebolylar 52 adam; 34 beýleki Elamyň nesli 1 254 adam; 35 Harymyň nesli 320 adam; 36 ýerihonlylar 345 adam; 37 lotlylar, haditliler we onlylar+ 721 adam; 38 Senanyň nesli 3 930 adam.

39 Ruhanylar+: Ýoşuwyň neslinden Ýedaýanyň nesli 973 adam; 40 Imeriň nesli 1 052 adam; 41 Paşhuryň+ nesli 1 247 adam; 42 Harymyň+ nesli 1 017 adam.

43 Lewiler+: Hodewanyň* neslinden Ýoşuwyň, Kadmyýalyň+ nesli 74 adam. 44 Aýdymçylar+: Asafyň+ nesli 148 adam. 45 Derwezebanlar+: Şalumyň, Ateriň, Talmonyň, Akubyň+, Hatytyň, Şobaýyň nesli jemi 138 adam.

46 Ybadathana gullukçylary*+: Zyhanyň, Hasupanyň, Tabagotyň, 47 Kerosyň, Siganyň, Padonyň, 48 Lebananyň, Hakabyň, Selmaýyň, 49 Hananyň, Giddeliň, Geharyň, 50 Reýanyň, Resiniň, Nekodanyň, 51 Gazamyň, Uzzanyň, Paseýanyň, 52 Basaýyň, Megunimiň, Nepuşasymyň, 53 Bakbugyň, Hakupanyň, Harhuryň, 54 Baslytyň, Mejidiň, Harşanyň, 55 Barkosyň, Siseranyň, Temahyň, 56 Neziýanyň we Hatabyň nesli.

57 Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesli+: Sotaýyň, Soperetiň, Peritiň, 58 Ýagalanyň, Darkonyň, Giddeliň, 59 Şepatýanyň, Hatylyň, Poherethazbaýymyň we Amonyň* nesli. 60 Ybadathana gullukçylarynyň+ we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesli jemi 392 adamdy.

61 Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan, Adondan we Imerden gaýdyp gelen, ýöne tiresiniň hem⁠-⁠de aslynyň ysraýyllardandygyny subut edip bilmedikler şulardy+: 62 Delaýanyň, Tobyýanyň we Nekodanyň nesli 642 adam. 63 Ruhanylaryň nesli: Habaýyň, Hakosyň+ nesli we gileadly Barzyllanyň gyzyna öýlenip, olaryň adyny alan Barzyllanyň+ nesli. 64 Olar aslynyň kimlerdendigini bilmek üçin nesil daragtyndan tireleriniň adyny gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçin olary ruhanylyk borjundan aýyrdylar*+. 65 Häkim*+ olara urymy we tummymy*+ ulanýan ruhany tapylýança, mukaddes sadakalardan+ iýmeli däldigini aýtdy.

66 Tutuş jemagat jemi 42 360 adamdy+. 67 Olaryň 7 337 gul⁠-⁠gyrnagy+, 245 aýal⁠-⁠erkek aýdymçylary+ bardy. 68 Şeýle⁠-⁠de 736 aty, 245 gatyry 69 we 435 düýesi bilen 6 720 eşegi bardy.

70 Käbir tirebaşylar gurluşyk üçin sadaka berdiler+. Häkim gurluşygyň hazynasyna 1 000 altyn teňňe*, 50 şakäse, ruhanylar üçin 530 sany eşik+ berdi. 71 Käbir tirebaşylar gurluşygyň hazynasyna 20 000 altyn teňňe we 2 200 kümüş teňňe* berdiler. 72 Galan adamlar bolsa 20 000 altyn teňňe, 2 000 kümüş teňňe we ruhanylar üçin 67 sany eşik berdiler.

73 Ruhanylar, lewiler, derwezebanlar, aýdymçylar+, ybadathana gullukçylary we galan adamlar şäherlerinde ýaşap başladylar. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky şäherlerine dolanyp geldi+. Ýedinji aýda+ ysraýyllaryň hersi öz şäherinde ýerleşdi+.

8 Soňra tutuş halk Suw derwezesiniň+ öňündäki meýdança* ýygnandy. Olar Hydyr+ mürzä* Ýehowanyň tabşyryklary+ ýazylan Musanyň kanunyny+ getirmegi haýyş etdiler. 2 Ýedinji aýyň biridi. Hydyr ruhany halkyň öňünde Kanuny getirdi. Olaryň arasynda aýallar, aga⁠-⁠gara düşünýän çagalar hem bardy+. 3 Hydyr ruhany Kanuny Suw derwezesiniň öňündäki meýdançada irdenden günortana çenli okap berdi+. Erkekler, aýallar, aga⁠-⁠gara düşünýän çagalar Kanuny ünsli diňleýärdi+. 4 Hydyr mürze agaçdan ýasalan sekiniň üstünde durdy. Sag tarapynda Matytýa, Şema, Anaýa, Uryýa, Hilkiýa we Maseýa, çep tarapynda bolsa Pedaýa, Mişaýyl, Mälikýar+, Haşum, Haşbadan, Zekerýa we Meşullam bardy.

5 Sekiniň üstünde duran Hydyr halkyň öňünde kitaby açdy. Kitaby açan badyna, adamlar ýerinden turdy. 6 Soňra Hydyr beýik hak Hudaý Ýehowany şöhratlandyrdy. Bütin halk: «Omyn! Omyn!»+ diýip, elini göge galdyrdy. Olar dyza çöküp, ýüzüni ýere berip, Ýehowa tagzym etdiler. 7 Lewilerden Ýoşuw, Bany, Şerebýa+, Ýamin, Akup, Şebitaý, Hudaýar, Maseýa, Kelte, Azarýa, Ýozabat+, Hanan we Pelaýa halka Kanuny düşündirdiler+, adamlar aýak üstünde durdy. 8 Lewiler hak Hudaýyň Kanunyny okap, manysyny gowy düşündirýärdi. Olar halka okalan zatlara düşünmäge kömek etdiler+.

9 Tutuş halk Kanuny diňläp, aglap otyrdy. Şonda häkim* Nehemýa, ruhany we mürze Hydyr+, Kanuny öwredýän lewiler: «Ýehowa Hudaýyň mukaddes gününde+ hasrat çekmäň, aglamaň» diýdiler. 10 Soňra Nehemýa: «Baryň, näz⁠-⁠nygmatlar* iýip, süýji şerbetler içiň, mätäçlere⁠-⁠de paýlaň+. Hudaýyň mukaddes gününde gam çekmäň. Ýehowanyň berýän şatlygy güýjüňize güýç goşar*» diýdi. 11 Lewiler hem: «Aglamaň, mukaddes günde gam çekmäň» diýip, halky köşeşdirýärdi. 12 Şonda tutuş halk iýip⁠-⁠içip, zadyny başgalar bilen paýlaşyp, şatlyk⁠-⁠şagalaň+ etdi, sebäbi olar Kanunyň manysyna gowy düşünipdi+.

13 Ertesi gün tirebaşylar, ruhanylar we lewiler Kanuna has gowy düşünmek üçin Hydyr mürzäniň ýanyna bardylar. 14 Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunyny okap, ýedinji aýda bellenýän baýramçylykda ysraýyllaryň çatmada ýaşamalydygyny bildiler+. 15 Şonuň üçin olar ähli şäherlerde we Iýerusalimde: «Daga gidiň⁠-⁠de, zeýtun, senuber*, reýhan we palma ýaly agaçlaryň gür ýaprakly şahalaryny getiriň. Kanunda ýazylyşy ýaly çatma dikeliň» diýip jar çekdirdiler+.

16 Adamlar gidip, agaçlaryň şahalaryny getirdiler. Her kim üçeginde we howlusynda çatma dikdi. Hak Hudaýyň öýüniň howlularynda+, Suw derwezesiniň+ we Efraýym derwezesiniň+ meýdançalarynda hem çatma dikdiler. 17 Ýesirlikden gelen halk baýramçylyk belläp, çatmada ýaşady. Nun ogly Ýuşanyň+ döwründen bäri baýramçylygy şeýdip bellemändiler. Olar uly şatlyk⁠-⁠şagalaň etdiler+. 18 Baýramçylyk günleri hak Hudaýyň kanuny okaldy+. Ýedi gün baýramçylyk belläp, sekizinji gün Kanunda ýazylyşy ýaly, uly baýram etdiler+.

9 Şol aýyň 24⁠-⁠ne ähli ysraýyllar ýygnandy. Olar jul geýnip, başyndan gum sowrup, agyz beklediler+. 2 Olar başga halklar bilen gatnaşygyny kesipdi+. Adamlar ýerinden turup, özleriniň⁠-⁠de, ata⁠-⁠babalarynyň⁠-⁠da günälerini boýun aldylar+. 3 Olar aýak üstünde durup, üç sagada golaý* Ýehowa Hudaýyň kanunyny okadylar+, ýene üç sagada golaý* günälerini boýun alyp, Ýehowa tagzym etdiler.

4 Ýoşuw, Bany, Kadmyýal, Şebanýa, Buna, Şerebýa+, Bany we Henan lewiler üçin goýlan sekide+ durup, batly ses bilen Ýehowa Hudaýa doga etdiler. 5 Lewilerden Ýoşuw, Kadmyýal, Bany, Hasapnar, Şerebýa, Hudaýar, Şebanýa we Petahýa şeýle diýdiler: «Geliň, Ýehowa Hudaýy hemişe* şöhratlandyralyň!+ Eý Hudaý, goý, halkyň beýik adyňy arşa galdyrsyn. Seniň adyň öwgä we şöhrata mynasyp!

6 Ýehowa, sen ýeke⁠-⁠täk Hudaýsyň+. Gökleri, gök gümmezini, asman jisimlerini*, ýer ýüzüni, deňizleri, bar zady sen ýaratdyň. Ählisine ýaşaýyş berýän sensiň, gökleriň goşuny öňüňde dyz epýär. 7 Eý Ýehowa, Ybramy saýlap+, haldeýleriň Ur şäherinden+ çykarypdyň. Oňa Ybraýym adyny beren hak Hudaý sensiň+. 8 Ybraýymyň ýürekden wepalydygyny görüp+, oňa we nesline kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny berjekdigiňi aýdyp, äht baglaşdyň+. Ähli wadalaryňy ýerine ýetirdiň, sebäbi sen dogruçyl Hudaý!

9 Ata⁠-⁠babalarymyzyň Müsürde çeken jebir⁠-⁠jepasyny gördüň+, Gyzyl deňziň boýunda ahy⁠-⁠nalasyny eşitdiň. 10 Halkyňa zorluk⁠-⁠sütem+ edeni üçin, faraona, hyzmatkärlerine, tutuş ýurduna alamatlar we gudratlar görkezdiň+. Şeýdip, özüňe hiç wagt öçmejek at gazandyň+. 11 Halkyň öňünde deňzi ikä bölüp+, olary gury ýerden geçirdiň, duşmanlary bolsa suwuň düýbüne çümüp gidýän daş kimin gark etdiň+. 12 Halkyňa gündiz bulut sütüni, gije ot sütüni bilen ýol görkezdiň+. 13 Sinaý dagyna+ indiň, gökden sesiňi eşitdirip+, adalatly hökümleriňi, dogry* kanunlaryňy, peýdaly tabşyryklaryňy we düzgünleriňi berdiň+. 14 Mukaddes Sabat günüňi+ bellemegi öwredip, guluň Musa arkaly kanun, tabşyryk we düzgün berdiň. 15 Halkyň aç wagty gökden çörek berip+, suwsanda gaýadan suw akdyrdyň+. Olara ant içip*, wada beren ýurduňa girmegi tabşyrdyň, ýurdy mülk edip berdiň.

16 Emma ata⁠-⁠babalarymyz tekepbirlik we boýnuýogynlyk etdiler+. Tabşyryklaryňa gulak asmadylar, 17 diňlemek hem islemediler+. Olar üçin görkezen gudratlaryňy ýada salman, boýnuýogynlyk etdiler. Gul bolup ýaşan ýurdy Müsüre dolanmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler+. Emma sen bagyşlamaga taýyn, mähirli*, rehimdar, giň göwünli*, wepaly söýgä* baý+ Hudaý, şonuň üçin olary taşlamadyň+. 18 Olar göläniň butuny* ýasap: „Ine bizi Müsürden çykaran Hudaýymyz“+ diýip, seni äsgermezlik etseler⁠-⁠de, 19 rehim⁠-⁠şepagat edip, olary çölde taşlamadyň+. Gündiz bulut sütüni, gije ot sütüni bilen ýol görkezdiň+. 20 Olara mukaddes ruhuň* bilen akyl⁠-⁠paýhas berdiň+, iýjek çöregini* agzyndan kesmediň+, teşne wagty suwdan gandyrdyň+. 21 Olary 40 ýyllap çölde aç⁠-⁠hor etmediň+, hiç zada zar bolmadylar. Egnindäki eşikleri⁠-⁠de könelmedi+, aýaklary⁠-⁠da gabarmady.

22 Patyşalyklary we halklary olaryň eline berip, mülk paýladyň+. Olar Heşbon+ hany Sihonyň+ we Başan hany Oguň+ ýurduny basyp aldylar. 23 Olaryň neslini asman ýyldyzlary deý köpeltdiň+. Olary ata⁠-⁠babalaryna wada beren ýurduňa getirdiň+. 24 Ýurdy ogullaryna mülk edip berdiň+. Ýurtda ýaşaýan kenganlary olara boýun egdirdiň+. Patyşalary bilen halkyny⁠-⁠da olaryň eline berip, islän zadyny etdirdiň. 25 Olar galalary+, mes toprakly ýerleri+ basyp alyp, gymmatbaha zatdan doly öýlere, gazylan guýulara, üzümliklere, zeýtun baglaryna+ we miweli agaçlara eýe çykdylar. Bolelin iýip semrediler, eden ýagşylyklaryň hözirini gördüler.

26 Emma olar saňa gulak asmadylar, garşy çykyp+, Kanunyňy bozdular*. Olary dogry ýola salmak üçin iberen pygamberleriňi öldürip, seni äsgermezlik etdiler+. 27 Şol sebäpli olary zalym duşmanlaryň eline berdiň+. Kyn güne düşüp, dady⁠-⁠perýat edenlerinde bolsa gökden olary eşidip, rehim⁠-⁠şepagat etdiň. Olary duşmanlaryň elinden azat etmek üçin halasgärleri iberdiň+.

28 Emma olar erkinlige çykan badyna, ýene⁠-⁠de erbet işleri ederdiler+. Şonda olary terk edip, sütem edýän duşmanlaryň eline bererdiň+. Saňa dolanyp, kömek sorasalar+, gökden eşidip, rehim⁠-⁠şepagatyň bilen gaýta⁠-⁠gaýta halas ederdiň+. 29 Kanunyňy berjaý etmäge çagyrsaň⁠-⁠da, tekepbirlik edip, tabşyryklaryňa gulak asmadylar+, kanunlaryňy berjaý etmän, günä etdiler. Aslynda, kanunlaryňa eýerýän adam ýaşaýşa ýetýär+. Olar bolsa kesirlik edip, senden ýüz öwürdiler, boýnuýogynlyk edip, gulak asmadylar. 30 Sen ençeme ýyllap olara sabyr etdiň+, pygamberleriňe mukaddes ruhuňy berip, halkyňa köp gezek duýdurdyň, şonda⁠-⁠da gulak asmadylar. Ahyrsoňy olary daş⁠-⁠töwerekdäki halklaryň eline berdiň+. 31 Emma rehim⁠-⁠şepagatyň bilen olary bütinleý ýok etmediň+, terk etmediň, sebäbi sen mähirli* we rehimdar Hudaý+.

32 Eý Hudaýymyz! Beýik, güýçli, haýbatly, sözünde durýan*, wepaly söýgä baý Hudaý!+ Assiriýa+ patyşalarynyň döwründen bäri patyşalarymyz, han⁠-⁠beglerimiz+, ruhanylarymyz+, pygamberlerimiz+, ata⁠-⁠babalarymyz, tutuş halk görgi baryny gördi. Ýalbarýarys, bize nazar sal. 33 Nähili güne düşsek⁠-⁠de, sen hemişe adalatly hereket edýärdiň, sebäbi sen wepaly Hudaý. Biz bolsa erbet işleri etdik+. 34 Patyşalarymyz, han⁠-⁠beglerimiz, ruhanylarymyz, ata⁠-⁠babalarymyz Kanunyňy berjaý etmedi, tabşyryklaryňa we duýduryşlaryňa ünsli bolmady. 35 Patyşalarymyzyň höküm sürýän wagty birgiden ýagşylyklaryň hözirini görseler⁠-⁠de, olary mes toprakly, giň ýurtda ýaşatsaň⁠-⁠da, saňa gulluk etmediler+, ýamanlykdan el çekmediler. 36 Indi biz gul bolduk+, ir⁠-⁠iýmişlerini we näz⁠-⁠nygmatlaryny iýsin diýip, ata⁠-⁠babalarymyza beren ýurduňda gul bolup ýaşaýarys. 37 Patyşalar ýurduň bol hasylyny elimizden alýar, muňa özümiz günäkär+. Olar bizi ezip, mal⁠-⁠garamyza islän zadyny edýär, juda kyn ýagdaýa düşdük.

38 Indi biz äht baglaşmak isleýäris+. Ähtiň sözlerini ýazyp, han⁠-⁠begleriň, lewileriň we ruhanylaryň möhürini basarys»+.

10 Ähte möhür basanlar+:

Hakalýanyň ogly Nehemýa häkim*,

Sadykýar, 2 Seraýa, Azarýa, Ýermeýa, 3 Paşhur, Emirýar, Mälikýar, 4 Hatuş, Şebanýa, Malluk, 5 Harym+, Meremot, Abdyýar, 6 Danyýar+, Gynaton, Baruk, 7 Meşullam, Abyýar, Miýamin, 8 Mazyýa, Bilgaý, Şemaýa; ählisi ruhanydy.

9 Lewilerden: Azanýanyň ogly Ýoşuw, Kadmyýalyň+ neslinden Henadatyň nesli Binaý, 10 Şebanýa, Hudaýar, Kelte, Pelaýa, Hanan, 11 Mika, Rehop, Hasapýar, 12 Zakur, Şerebýa+, Şebanýa, 13 Hudaýar, Bany we Benun.

14 Halkyň baştutanlaryndan: Paroş, Pahatmowap+, Elam, Zatuw, Bany, 15 Buna, Azgat, Babaý, 16 Adonyýar, Bigwaý, Adyn, 17 Ater, Hizkiýa, Azur, 18 Hudaýar, Haşum, Bezaý, 19 Haryp, Anatot, Nebaý, 20 Magpyýaş, Meşullam, Hezir, 21 Meşzabel, Sadyk, Ýeduw, 22 Pelatýa, Hanan, Anaýa, 23 Hoseýa, Hananýa, Haşup, 24 Haloheş, Pilha, Şobek, 25 Rehum, Haşabna, Maseýa, 26 Ahyýar, Hanan, Anan, 27 Malluk, Harym we Baganaý.

28 Halkyň galany: ruhanylar, lewiler, derwezebanlar, aýdymçylar, ybadathana gullukçylary*, goňşy halklar bilen gatnaşygyny kesip, hak Hudaýyň kanunyna eýerýänler+ we olaryň aýallary, ogul⁠-⁠gyzlary, bilimli we düşünjeli adamlar* 29 hem at⁠-⁠abraýly adamlar bilen ant içdiler. Olar hak Hudaýyň Musa pygamber arkaly beren kanunyna eýerip, Ýehowa Hudaýyň tabşyryklaryny, hökümlerini we düzgünlerini birkemsiz ýerine ýetirmegi söz berdiler. Ähti bozsalar, gargyşa galjakdygyna düşündiler. 30 Olar ant içip: «Başga halklar bilen garyndaşlyk açmarys+.

31 Olar bize Sabat güni+ haryt ýa⁠-⁠da galla satjak bolsalar, şol gün we beýleki mukaddes günler+ hiç zat almarys. Her ýedinji ýyl+ topraga dynç bereris, ekin ekmeris, algylarymyzy hem geçeris+.

32 Hudaýyň öýüniň hyzmaty üçin her ýyl adam başyna şekeliň* üçden bir bölegini getireris+. 33 Puly Sabat günlerinde+, Täze aý+ baýramynda hödürlenýän çöreklere+, galla sadakalara+, ýakma gurbanlyklara we baýramçylyklara+, mukaddes sadakalara, ysraýyl halky üçin berilýän günä gurbanlyklara+, Hudaýyň öýünde edilýän başga⁠-⁠da işlere ulanarlar.

34 Her ýyl Hudaýyň öýüne gezekli⁠-⁠gezegine odun getirer ýaly, ruhanylara, lewilere we beýleki adamlara tiresi boýunça bije atarys. Şol odunlary Kanuna görä, Ýehowa Hudaýymyzyň gurbanlyk ojagynda* ýakarlar+. 35 Her ýyl ekiniň ilkinji hasylyny we agaçlaryň ilkinji miwesini Ýehowanyň öýüne getireris+. 36 Nowbahar ogullarymyzy we ilkinji doglan mallarymyzy+ hem Kanunda tabşyrylyşy ýaly, Hudaýyň öýüne getireris. Ilkinji doglan göleleri, owlak⁠-⁠guzulary getirip, Hudaýyň öýünde hyzmat edýän ruhanylara bereris+. 37 Hasylyň ilkinji ununy+, sadakalarymyzy, ir⁠-⁠iýmişleri+, täze şeraby we ýagy+ ruhanylara berip, Hudaýyň öýündäki ammarlarda+ goýarys. Hasylyň ondan bir bölegini bolsa ekin ekilýän şäherlerden sadakalary ýygnaýan lewilere bereris+.

38 Lewiler ähli zadyň ondan bir bölegini ýygnanda, Harunyň neslinden bir ruhany olaryň ýanynda dursun. Lewiler ondan bir bölegiň hem ondan birini alyp, Hudaýymyzyň öýündäki ammarda goýsun+. 39 Ysraýyllar we lewiler galladan, täze şerapdan, ýagdan+ berýän sadakalaryny+ mukaddes gap⁠-⁠gaçlar goýlan ammara getirsin. Şol ammarlarda ruhanylar, derwezebanlar we aýdymçylar hyzmat edýär. Indi Hudaýymyzyň öýüni ünsden düşürmeris»+.

11 Han⁠-⁠begler Iýerusalimde ýaşaýardy+. Her on maşgaladan bir maşgala mukaddes şäher Iýerusalimde ýaşar ýaly bije atdylar+, galan dokuz maşgala beýleki şäherlerde ýaşady. 2 Iýerusalime öz islegi bilen göçenler hem bardy, halk olara ak pata berdi.

3 Ysraýyllaryň galany, ruhanylar, lewiler, ybadathana gullukçylary*+ we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesli+ Ýahudanyň beýleki şäherlerinde, hersi öz mülkünde ýaşady. Baştutanlar Iýerusalimde ýaşady+.

4 Iýerusalimde ýaşaýanlaryň arasynda ýahuda we benýamin taýpasynyň adamlary hem bardy. Ýahuda taýpasyndan: Pereziň+ nesli Mahaleliň neslinden Uzyýanyň ogly, Zekerýanyň agtygy, Emirýaryň çowlugy, Şepatýanyň ýuwlugy Ataýa, 5 Şelanyň nesli Zekerýanyň neslinden Barugyň ogly, Kolhozyň agtygy, Hazaýanyň çowlugy, Adaýyň ýuwlugy, Ýogrybyň gowlugy Maseýa. 6 Iýerusalimde ýaşan Pereziň nesli jemi 468 edermen adamdy.

7 Benýamin taýpasyndan: Ýeşaýanyň nesli Ytyýeliň neslinden Meşullamyň ogly, Ýohetiň agtygy, Pedaýanyň çowlugy, Kolaýanyň ýuwlugy, Maseýanyň gowlugy Salluw+, 8 Gabaý bilen Selaý, jemi 928 adam. 9 Zikriniň ogly Ýowel olaryň baştutanydy, Hassanuwyň ogly Ýahuda bolsa kömekçisidi*.

10 Ruhanylardan: Ýogrybyň ogly Ýedaýa, Ýahin+, 11 Hilkiýanyň ogly, Meşullamyň agtygy, Sadygyň çowlugy, Meraýotyň ýuwlugy, hak Hudaýyň öýüne gözegçilik eden Ahytubyň+ gowlugy Seraýa 12 bilen ybadathanada gulluk edýän doganlary, jemi 822 adam; Mälikýaryň nesli Paşhuryň+ neslinden Ýerohamyň ogly, Pelalýanyň agtygy, Hamzanyň çowlugy, Zekerýanyň ýuwlugy Adaý 13 bilen tirebaşy doganlary, jemi 242 adam; Azareliň ogly, Ahzaýyň agtygy, Meşlemotyň çowlugy, Imeriň ýuwlugy Emaşsaý 14 bilen güýçli, edermen doganlary, jemi 128 adam. Abraýly maşgaladan Zabdyýel olaryň baştutanydy.

15 Lewilerden: Haşubyň ogly, Azrykamyň agtygy, Hasapýaryň çowlugy, Bunanyň ýuwlugy Şemaýa+ 16 we hak Hudaýyň öýi bilen bagly käbir işlere gözegçilik edýän lewi baştutanlary Şebitaý+ bilen Ýozabat+, 17 Mikaýyň ogly, Zabdynyň agtygy, Asafyň+ çowlugy Mattanýa+; ol doga edilýän wagty Hudaýy şöhratlandyrýan aýdymçylaryň ýolbaşçysydy+, kömekçisi Bakbukýa we Şamuwyň ogly, Galalyň agtygy, Ýedutunyň+ çowlugy Abdyl. 18 Mukaddes şäherde lewilerden jemi 284 adam bardy.

19 Derwezebanlardan: Akup, Talmon+ bilen doganlary, jemi 172 adam.

20 Ysraýyllaryň, ruhanylaryň we lewileriň galany bolsa Ýahudanyň beýleki şäherlerinde, hersi öz mülkünde ýaşaýardy. 21 Ybadathana gullukçylary+ Opelde+ ýaşaýardy, Zyha bilen Gişpa bolsa olara gözegçilik edýärdi.

22 Iýerusalimdäki lewilere Banynyň ogly, Hasapýaryň agtygy, Mattanýanyň+ çowlugy, Mikanyň ýuwlugy Uzzy ýolbaşçylyk edýärdi. Ol Asafyň neslinden, aýdymçylar maşgalasyndandy. Uzzy hak Hudaýyň öýündäki işlere gözegçilik edýärdi. 23 Patyşa aýdymçylara her gün gerek zatlaryny bermelidigi hakda perman çykarypdy+. 24 Ýahudanyň ogly Zeranyň neslinden Meşzabeliň ogly Petahýa patyşanyň maslahatçysydy, ol halkyň islendik meselesini çözmäge kömek edýärdi.

25 Obalar barada aýtsak, ýahudalaryň käbiri Kirýat⁠-⁠arbada+, Dibonda we olaryň daş⁠-⁠töweregindäki galalarda, Ýekabseýelde+ we daş⁠-⁠töweregindäki obalarda ýaşadylar. 26 Şeýle⁠-⁠de Ýoşuwda, Moladda+, Beýtpeletde+, 27 Hasar⁠-⁠şuwalda+, Beýer⁠-⁠şebada we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda, 28 Ziklagda+, Mekonada we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda, 29 En⁠-⁠rimmonda+, Zorada+, Ýarmutda, 30 Zanogada+, Adullamda we daş⁠-⁠töweregindäki obalarda, ekin meýdanly Lakyşda+, Azekada+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda ýaşadylar. Olar Beýer⁠-⁠şebadan Hennem jülgesine+ çenli aralykda ýaşadylar.

31 Benýamin taýpasy Gebada+, Mikmaşda, Aýýada, Beýtelde+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda, 32 Anatotda+, Nobda+, Ananýada, 33 Hasorda, Ramada+, Gitaýymda, 34 Haditde, Sebogimde, Neballatda, 35 Lotda we senetçileriň jülgesi Onda+ ýaşady. 36 Ýahudada ýaşan käbir lewiler Benýamin topragyna göçdüler.

12 Şehalteliň+ ogly Zerubabel+ we Ýoşuw+ bilen ýesirlikden gaýdan ruhanylar we lewiler şulardyr: Seraýa, Ýermeýa, Hydyr, 2 Emirýar, Malluk, Hatuş, 3 Şekanýa, Rehum, Meremot, 4 Ydon, Gynatoý, Abyýar, 5 Miýamin, Madyýar, Bilgah, 6 Şemaýa, Ýogryp, Ýedaýa, 7 Salluw, Amok, Hilkiýa hem⁠-⁠de Ýedaýa. Olar Ýoşuwyň döwründe ruhanylara we doganlaryna baştutanlyk edipdi.

8 Lewilerden Ýoşuw, Binaý, Kadmyýal+, Şerebýa, Ýahuda we Mattanýa+ bardy. Mattanýa doganlary bilen minnetdarlyk aýdymlaryna gözegçilik edýärdi. 9 Doganlary Bakbukýa bilen Unna bolsa olaryň garşysynda garawulçylyk edýärdi*. 10 Ýoşuw Ýoýakymyň atasydy, Ýoýakym Alyýaşybyň+ atasydy, Alyýaşyp Ýoýadanyň+ atasydy, 11 Ýoýada Ýonatanyň atasydy, Ýonatan Ýeduwyň atasydy.

12 Ýoýakymyň döwründäki ruhanylar, tirebaşylar şulardyr: Seraýanyň+ neslinden Meraýa, Ýermeýanyň neslinden Hananýa, 13 Hydyryň+ neslinden Meşullam, Emirýaryň neslinden Ýehohanan, 14 Maluhyň neslinden Ýonatan, Şebanýanyň neslinden Ýusup, 15 Harymyň+ neslinden Adna, Meraýotyň neslinden Helkaý, 16 Ydonyň neslinden Zekerýa, Gynatonyň neslinden Meşullam, 17 Abyýaryň+ neslinden Zikri, Minýaminiň neslinden...*, Mogadýanyň neslinden Piltaý, 18 Bilgahyň+ neslinden Şamuw, Şemaýanyň neslinden Ýehonatan, 19 Ýogrybyň neslinden Mattenaý, Ýedaýanyň+ neslinden Uzzy, 20 Selaýyň neslinden Kallaý, Amogyň neslinden Eber, 21 Hilkiýanyň neslinden Hasapýar, Ýedaýanyň neslinden Netanel.

22 Alyýaşybyň, Ýoýadanyň, Ýohananyň we Ýeduwyň+ döwründen tä pars patyşasy Dariýiň hökümdarlygyna çenli ruhanylaryň we lewileriň tirebaşylaryny hasaba aldylar.

23 Alyýaşybyň ogly Ýohananyň döwrüne çenli lewi tirebaşylarynyň adyny şol döwrüň taryhy kitabyna ýazdylar. 24 Hasapýar, Şerebýa we Kadmyýalyň+ ogly Ýoşuw+ lewileriň baştutanydy. Doganlary bolsa toparlara bölünip, olaryň garşysynda durýardy. Olar hak Hudaýyň guly Dawudyň görkezmelerine görä, Hudaýy şöhratlandyryp, alkyş aýdýardy+. 25 Derwezebanlardan+ Mattanýa+, Bakbukýa, Abdyýar, Meşullam, Talmon we Akup+ derwezeleriň golaýyndaky ammarlary goraýardy. 26 Olar Ýoşuwyň+ ogly, Ýosadygyň agtygy Ýoýakymyň, Nehemýa häkimiň, ruhany we mürze* Hydyryň+ döwründe gulluk etdiler.

27 Iýerusalimiň diwarlarynyň açylyş dabarasyny geçirmek üçin lewileriň ählisini Iýerusalime getirdiler. Olar açylyş dabarasyny bürünç çanlarda*, kirişli saz gurallarda, arfalarda saz çalyp, minnetdarlyk aýdymlaryny aýdyp+, uly şatlyk⁠-⁠şowhun bilen geçirjek bolýardylar. 28 Ähli ýerden ökde aýdymçylar* ýygnandy. Olar golaýdaky etrapdan*, Iýerusalimiň daş⁠-⁠töwereginden, netopalylaryň+ obalaryndan, 29 Beýt⁠-⁠gilgaldan+, Geba topragyndan+ we Azmawetden+ geldiler. Aýdymçylar Iýerusalimiň daş⁠-⁠töwereginde guran obalarynda ýaşaýardylar. 30 Ruhanylar bilen lewiler özlerini, halky+, derwezeleri+ we diwary+ tämizlediler.

31 Soňra men Ýahudanyň han⁠-⁠beglerini diwaryň üstündäki ýörelgä çykardym. Minnetdarlyk aýdymyny aýdýanlary iki topara bölüp, her toparyň yzyndan ýörejek adamlary belledim. Toparyň biri diwaryň üsti bilen saga, Kül derwezesine tarap gitdi+. 32 Hoşaýar bilen Ýahudanyň han⁠-⁠begleriniň ýarysy olaryň yzyndan barýardy. 33 Olaryň ýanynda Azarýa, Hydyr, Meşullam, 34 Ýahuda, Benýamin, Şemaýa we Ýermeýa bardy. 35 Olaryň arasynda surnaý çalýan ruhanylardan*+: Asafyň+ neslinden Ýonatanyň ogly, Şemaýanyň agtygy, Mattanýanyň çowlugy, Mikhaýyň ýuwlugy, Zakuryň gowlugy Zekerýa 36 bilen doganlary Şemaýa, Azarel, Milal, Gelalaý, Magaý, Netanel, Ýahuda we Hananýar bardy. Olaryň elinde hak Hudaýyň guly Dawudyň saz gurallary bardy+, öňlerinden Hydyr+ mürze ýöräp barýardy. 37 Olar Çeşme derwezesinden+ geçip, Dawudyň şäheriniň+ Basgançagyndan+ ýokarlygyna galdylar. Dawudyň köşgüniň ýokarsynda ýerleşýän diwardan geçip, gündogardaky Suw derwezesine+ bardylar.

38 Minnetdarlyk aýdymyny aýdýan ikinji topar beýleki tarapa gitdi. Men bolsa adamlaryň galanyny alyp, diwaryň üsti bilen olaryň yzyndan ýöredim. Tamdyrlar diňinden+ geçip, Giň diwara+ tarap gitdim. 39 Biz Efraýym derwezesinden+, Köne şäher derwezesinden+, Balyk derwezesinden+, Hananel diňinden+, Meýa diňinden we Goýun derwezesinden+ geçip, Garawul derwezesine bardyk.

40 Şeýlelikde, minnetdarlyk aýdymyny aýdýan iki topar hak Hudaýyň öýüniň öňüne geldi. Men hem baştutanlaryň ýarysy bilen geldim. 41 Aramyzda surnaý çalýan ruhanylardan Alyýakym, Maseýa, Minýamin, Mikhaý, Alygenaý, Zekerýa we Hananýa bardy. 42 Şeýle⁠-⁠de Maseýa, Şemaýa, Algazar, Uzzy, Ýehohanan, Mälikýar, Elam we Ezer bardy. Aýdymçylar Yzrahýanyň ýolbaşçylygynda batly ses bilen aýdym aýdyp başladylar.

43 Şol gün olar köp gurbanlary berip, şatlyk⁠-⁠şagalaň etdiler+, sebäbi hak Hudaý olara uly şatlyk beripdi. Aýallar, çagalar hem şeýle bir şatlandylar+ welin, Iýerusalimdäki şatlyk⁠-⁠şowhun alyslara ýaň saldy+.

44 Şol gün sadakalar+, ekiniň ilkinji hasyly+ we ähli zadyň ondan bir bölegi+ goýulýan ammarlara+ gözegçiler bellendi. Olar Kanunda tabşyrylyşy ýaly, şäherleriň ekinlerinden ruhanylara we lewilere berilýän paýy ammarlara ýygnamalydy+. Ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň ybadathanada hyzmat edýändigine begendiler. 45 Ruhanylar bilen lewiler tämizlenmek düzgünini berjaý edip, Hudaýyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirip başladylar. Aýdymçylar we derwezebanlar hem Dawut bilen ogly Süleýmanyň tabşyryşy ýaly, borçlaryny ýerine ýetirdiler. 46 Dawudyň we Asafyň döwründen bäri aýdymçylaryň ýolbaşçylary bardy. Olar Hudaýy şöhratlandyryp, minnetdarlyk aýdymlaryny aýdýardylar+. 47 Zerubabel+ bilen Nehemýanyň döwründe⁠-⁠de ysraýyllar aýdymçylara+ we derwezebanlara+ her gün gerek zatlary üçin sadaka berýärdiler. Lewiler üçin hem sadaka berýärdiler+, lewiler bolsa sadakalaryndan Harunyň nesline berýärdi.

13 Şol gün halkyň öňünde Musanyň kitaby okaldy+. Kitapda ammonlaryň we mowaplaryň+ hiç wagt hak Hudaýyň ýygnagyna goşulyp bilmeýändigi ýazylgydy+. 2 Sebäbi olar ysraýyllary duz⁠-⁠çörek bilen garşy almandylar. Gaýtam olara gargyş okatmak üçin Bilgamy hakyna tutdular+. Ýöne Hudaýymyz onuň gargyşyny alkyşa öwürdi+. 3 Halk Kanuny eşiden badyna, başga milletli adamlary ysraýyllaryň arasyndan çykaryp başlady+.

4 Öňler Hudaýyň öýüniň ammarlaryna*+ Alyýaşyp+ ruhany gözegçilik edýärdi. Ol Tobyýanyň+ garyndaşydy. 5 Alyýaşyp Tobyýa bir uly ammar beripdi. Şol ammarda galla sadakasy, ladan*, ybadathananyň gap⁠-⁠gaçlary, lewilere+, aýdymçylara, derwezebanlara berilýän gallanyň, täze şerabyň we ýagyň+ ondan bir bölegi hem⁠-⁠de ruhanylara berilýän sadakalar goýulýardy+.

6 Şol wagtlar men Iýerusalimde däldim, Wawilon patyşasy Ardaşiriň*+ hökümdarlygynyň 32⁠-⁠nji ýylynda+ patyşanyň ýanyna gidipdim. Biraz wagtdan patyşadan rugsat sorap, yzyma gaýtdym. 7 Iýerusalime gelsem, Alyýaşyp+ hak Hudaýyň öýüniň howlusyndan Tobyýa+ ammar berip, etjegini edip ýören eken. 8 Gaharyma Tobyýanyň goş⁠-⁠golamlaryny ammardan çykaryp zyňdym. 9 Soňra ammarlary arassaladyp, hak Hudaýyň öýüniň gap⁠-⁠gaçlaryny+, galla sadakasyny we ladany+ öňki ýerinde goýdum.

10 Görsem, lewileriň hem paýy+ berilmeýän eken+. Şonuň üçin lewiler we aýdymçylar ybadathanadaky hyzmatyny goýup, mülküne gidipdir+. 11 Men baştutanlara+: «Hak Hudaýyň öýüne näme üçin seretmediňiz?»+ diýip käýedim. Soňra lewileri ýygnap, olary öňki borçlaryna belledim. 12 Ýahuda ilaty gallanyň, täze şerabyň we ýagyň ondan bir bölegini+ ammarlara+ getirip başlady. 13 Selimýar ruhanyny, Sadyk mürzäni we lewilerden Pedaýany ammarlara gözegçi edip goýdum, Mattanýanyň agtygy, Zakuryň ogly Hanany bolsa olara kömekçi belledim, sebäbi olar ynamdardy. Olar doganlaryna paýlaryny bermelidi.

14 Eý Hudaýym, eden ýagşylygymy unutma!+ Hudaýyň öýi we hyzmaty üçin ýürekden* eden işlerimi ýatdan çykarma+.

15 Şol wagtlar Ýahudadaky adamlaryň Sabat güni+ üzüm sykýandygyny, eşekde galla daşaýandygyny gördüm. Sabat güni Iýerusalime şerap, üzüm, injir we başga⁠-⁠da zatlary salýardylar+. Men halka käýinç berip, şol gün hiç zat satmaly däldigini aýtdym*. 16 Şäherde ýaşaýan tirliler balyk we her dürli haryt getirip, Sabat güni Iýerusalimde ýahudalara satýardylar+. 17 Şonuň üçin Ýahudanyň beglerine käýäp: «Sabat güni hakdaky kanuny bozup, edip ýören zadyňyz näme? 18 Ata⁠-⁠babalaryňyz şeýle edende, Hudaý biziň hem, şäheriň hem başyna betbagtçylyk indermedimi? Indi sizem Sabat güni hakdaky kanuny bozup, Hudaýyň ysraýyl halkyna gahar⁠-⁠gazabyny lowladýaňyz»+ diýdim.

19 Gün ýaşyp barýarka, ýagny Sabat güni başlamanka, Iýerusalimiň derwezelerini ýapmagy tabşyrdym. Sabat güni geçýänçä, derwezeleri açmaly däldigini aýtdym. Şol gün şähere ýük salmaz ýaly, derwezeleriň agzynda hyzmatkärlerimi hem goýdum. 20 Täjirler we her dürli harytlary satýan söwdagärler birki gezek gije Iýerusalimiň daşynda ýatdylar. 21 Şonda olara berk duýduryş berip: «Gije näme üçin diwaryň öňünde ýatýaňyz? Ýene bir gezek şeýdäýseňiz, kowup goýbererin» diýdim. Şondan soň olar Sabat güni gelmediler.

22 Men lewilere özlerini hemişe tämizlemegi, Sabat gününi mukaddes saklamak üçin+ derwezeleri goramagy tabşyrdym. Eý Hudaýym, eden ýagşylyklarym üçin meni ýalka, çäksiz wepaly söýgiň* bilen bereket ber+.

23 Şol wagtlar ýehudylaryň aşdotly+, ammon we mowap+ aýallara+ öýlenendigini hem gördüm. 24 Olaryň çagalarynyň ýarysy aşdotlylaryň, ýarysy beýleki halklaryň dilinde gepleýärdi, hiç biri ýehudy dilinde gepläp bilmeýärdi. 25 Şonuň üçin olara käýedim, gargadym, käbir erkekleri urup+, saçyny ýoldum. Olara Hudaýyň öňünde ant içirip, şeýle diýdim: «Gyzlaryňyzy olaryň ogullaryna bermäň, olaryň gyzlarynam özüňize ýa ogullaryňyza almaň+. 26 Ysraýyl patyşasy Süleýman şol zatlar sebäpli günä etmedimi? Halklaryň arasynda Süleýmana taý geljek patyşa ýokdy+. Hudaý ony gowy görüp+, tutuş Ysraýyla patyşa edip goýdy. Emma başga milletli aýallary Süleýmana günä etdirdiler+. 27 Ynanar ýaly däl, indi siz hem başga milletli aýallara öýlenip, azgynlyk edip, Hudaýa biwepalyk edýäňiz!»+

28 Baş ruhany Alyýaşybyň+ ogly Ýoýadanyň+ bir ogly horonly Sanballatyň+ giýewsidi, şonuň üçin ony ýanymdan kowdum.

29 Eý Hudaýym, olary jezasyz goýma!* Olar ruhanylyk borjunyň gadyryny bilmediler, ruhanylar we lewiler+ bilen baglaşylan ähti+ depelediler.

30 Şeýdip, halky başga milletli adamlaryň erbet täsirinden arassaladym. Ruhanylara we lewilere borçlaryny tabşyrdym+, 31 odunyň+ we ilkinji hasylyň wagtynda getirilmegine gözegçilik etdim.

Eý Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!+

Manysy: Ýah göwünlik berýär.

Pars patyşasy Ardaşiriň hökümdarlygynyň 20⁠-⁠nji ýyly göz öňünde tutulýar.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Ýa⁠-⁠da: Suza.

Sözme⁠-⁠söz: Doganlarymyň biri.

Ýa⁠-⁠da: özüňi söýýänleri.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirýärsiň.

Ýa⁠-⁠da: maňa dolansaňyz.

Sözme⁠-⁠söz: Adyňdan gorkýanlaryň.

Käbir taryhy kitaplarda Artakserks diýilýär.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Sözme⁠-⁠söz: hyzmatçy.

Ýa⁠-⁠da: meni mähir bilen goldandygyny.

Takmynan 445 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Başga manysy: golaýdaky etrapda.

Sözme⁠-⁠söz: bagyş edilenler.

Ýa⁠-⁠da: otagynyň.

Sözme⁠-⁠söz: arkasynda durýardy.

Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.

Sözme⁠-⁠söz: ýyldyzlar görünýänçä.

Sözme⁠-⁠söz: goltuk jübüsini.

Ýa⁠-⁠da: Goý, şeýle bolsun!

Käbir taryhy kitaplarda Artakserks diýilýär.

Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Ýa⁠-⁠da: Welaýatyň ýaşaýjylary. Wawilonyň ýa⁠-⁠da Ýahudanyň welaýatynda ýaşan ýehudylar göz öňünde tutulýan bolmaly.

Hyd 2:2⁠-⁠de Seraýa.

Hyd 2:2⁠-⁠de Relaý.

Hyd 2:2⁠-⁠de Mispar.

Hyd 2:2⁠-⁠de Rehum.

Hyd 2:10⁠-⁠da Bany.

Hyd 2:40⁠-⁠da Hodawýa.

Sözme⁠-⁠söz: Bagyş edilenler.

Hyd 2:57⁠-⁠de Omyý.

Ýa⁠-⁠da: hapa hasaplap, ruhanylyk borjundan aýyrdylar.

Ýa⁠-⁠da: Tirşata. Pars imperiýasynda welaýat häkimine şeýle diýilýärdi.

Sözlüge serediň: Urym we tummym.

Sözme⁠-⁠söz: drahma. Bir drahma 8,4 gramlyk Pars altyn darigine deň. Injildäki drahmadan tapawutlanýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme⁠-⁠söz: gadak. Töwratdaky gadak 570 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Ýagny Hudaýyň kanunyny göçürip alýan adam.

Ýa⁠-⁠da: tirşata. Pars imperiýasynda welaýat häkimine şeýle diýilýärdi.

Sözme⁠-⁠söz: ýagly zatlar.

Ýa⁠-⁠da: siziň galaňyzdyr.

Ýa⁠-⁠da: sosna.

Sözme⁠-⁠söz: günüň dörtden bir böleginde.

Sözme⁠-⁠söz: beýleki dörtden bir böleginde.

Ýa⁠-⁠da: ezelden ebedä çenli.

Sözme⁠-⁠söz: gögüň goşunlaryny. Perişdeler hem göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa⁠-⁠da: ynama mynasyp.

Sözme⁠-⁠söz: eliňi galdyryp.

Ýa⁠-⁠da: duýgudaş.

Ýa⁠-⁠da: sabyr⁠-⁠takatly; çalt gaharlanmaýan.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: guýma butuny.

Sözme⁠-⁠söz: gowy ruhuň.

Sözme⁠-⁠söz: mannasyny.

Ýa⁠-⁠da: ýüz öwürdiler.

Ýa⁠-⁠da: duýgudaş.

Ýa⁠-⁠da: ähtini berjaý edýän.

Ýa⁠-⁠da: tirşata. Pars imperiýasynda welaýat häkimine şeýle diýilýärdi.

Sözme⁠-⁠söz: bagyş edilenler.

Başga manysy: aga⁠-⁠gara düşünýänler.

Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: bagyş edilenler.

Ýa⁠-⁠da: şäherde ikinji adamdy.

Başga manysy: hyzmat edýän wagty olaryň garşysynda durýardy.

Asyl nusgada ady görkezilmeýär.

Ýagny Hudaýyň kanunyny göçürip alýan adam.

Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.

Sözme⁠-⁠söz: aýdymçylaryň ogullary.

Iordan topragy göz öňünde tutulýar.

Sözme⁠-⁠söz: ruhany ogullaryndan.

Ýa⁠-⁠da: naharhanalaryna.

Sözlüge serediň.

Käbir taryhy kitaplarda Artakserks diýilýär.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bilen.

Başga manysy: Şol gün men halka käýinç berip, hiç zat satmaly däldigini aýtdym.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: ýada sal!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş