Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt 1 Şamuwel 1:1—31:13
  • 1 Şamuwel

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 1 Şamuwel
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel

ŞAMUWEL PYGAMBERIŇ BIRINJI KITABY

1 Efraýymyň+ daglarynda ýerleşýän Ramataýym-sopymda+ Alkana+ atly adam ýaşaýardy. Ol Ýerohamyň ogly, Alyhuwyň agtygy, Tohuwyň çowlugy, efraýymlardan Zubuň ýuwlugydy. 2 Alkananyň Hanna we Peninna atly iki aýaly bardy. Peninnanyň çagalary bardy, emma Hannanyň çagasy bolmaýardy. 3 Alkana her ýyl Serkerdebaşy Ýehowa sežde edip, gurban bermek üçin Şilo giderdi+. Alynyň iki ogly Hopny bilen Pinehas+ şol ýerde Ýehowanyň ruhanysy bolup hyzmat edýärdi+.

4 Bir gün Alkana Hudaýa gurban berende, aýaly Peninna bilen ogul-gyzlaryna gurbanlykdan paý berdi+. 5 Ol Hanna aýratyn paý berdi, sebäbi ony has gowy görýärdi, ýöne Ýehowa Hanna çaga berenokdy. 6 Üstesine-de, Alkananyň beýleki aýaly Ýehowanyň çaga bermeýändigini Hannanyň ýüzüne basyp, hemişe kemsidýärdi. 7 Her ýyl Ýehowanyň öýüne gidenlerinde+, Peninna Hannany şeýle bir kemsidýärdi welin, ol aglap, çöregem iýmeýärdi. 8 Äri Alkana bolsa: «Hanna, näme üçin hiç zat iýmän, aglap otyrsyň? Näme özüňi beýle horlaýaň? Men saňa on oguldan hem artyk dälmi?» diýdi.

9 Şiloda iýip içenlerinden soň, Hanna turup gitdi. Şol wagt Aly ruhany Ýehowanyň ybadathanasynyň*+ agzynda oturgyçda otyrdy. 10 Hanna gaýgy-hasratdan ýaňa gözünden boýur-boýur ýaş döküp, Ýehowa doga edip başlady+. 11 Ol: «Eý Serkerdebaşy Ýehowa, çekýän hasratymy görüp, meni ýatla. Ýehowa, gyrnagyňy unutman, bir ogul berseň+, oglumy saňa bereýin. Ol bütin ömrüne saňa gulluk eder, başyna päki degmez»+ diýip söz berdi.

12 Hanna ep-esli wagt Ýehowa doga etdi, Aly bolsa ony synlap otyrdy. 13 Hanna içinden doga edensoň, sesi eşidilmän, diňe agzy gymyldaýardy. Aly ruhany Hanna serhoşdyr öýdüp: 14 «Içgili halyňa bärde näme işleýäň? Bar, serhoşlygyňdan açylyp gel» diýdi. 15 Hanna bolsa: «Wah, atam, meniň başym agyr dertli. Men içgili däl, Ýehowa ýüregimi dökýärin+. 16 Gyrnagyňa dereksiz aýaldyr öýtme, häliden bäri Hudaýa gaýgy-aladamy, derdimi aýdyp durun» diýdi. 17 Şonda Aly: «Bolýar, arkaýyn gidiber. Goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi eşitsin»+ diýdi. 18 Hanna bolsa: «Hoş sözleriň üçin sag bol, atam!» diýdi. Hanna gidip, iýip içdi. Şondan soň ol gamgyn bolmady.

19 Ertesi ir bilen turup, Ýehowa sežde etdiler, soňra Rama+ öýlerine gaýtdylar. Alkana aýaly Hanna ýanaşdy*, Ýehowa Hanna nazar saldy*+. 20 Hanna göwreli bolup, bir ýyl geçip-geçmänkä*, ogul dogurdy. Ol: «Ýehowadan diläp alan oglum» diýip, adyna Şamuwel* dakdy+.

21 Aradan birnäçe wagt geçdi. Alkana bütin maşgalasy bilen Ýehowa her ýylky gurbanlygyny+ we wada beren sadakasyny bermäge gitdi. 22 Hanna bolsa öýde galdy+. Ol Alkana: «Men entek gitmäýin, oglum süýtden aýrylsyn, soňra ony Ýehowanyň öýünde* hemişelik goýup gaýdaryn»+ diýdi. 23 Alkana: «Bolýar, çaga süýtden aýrylýança galyber. Goý, Ýehowa isleýşiň ýaly etsin!» diýdi. Şeýdip, Hanna ogly süýtden aýrylýança, öýde galdy.

24 Çaga süýtden aýrylan badyna, Hanna üçýaşar öküz, bir çuwal* un, uly küýze şerap+ alyp, ogluny Şilo+ äkitdi. Ol ogly bilen Ýehowanyň Şilodaky öýüne bardy. 25 Öküz soýlandan soň, oglanjygy Aly ruhanynyň ýanyna eltdiler. 26 Şonda Hanna: «Atam, ýadyňa düşýän bolsa, men şu ýerde Ýehowa doga edipdim+. 27 Ine şu oglanjyk üçin dileg etdim, Ýehowa-da dilegimi eşitdi+. 28 Indi oglumy Ýehowa berýärin. Goý, ol bütin ömrüne Ýehowa gulluk etsin» diýdi.

Soňra ol* Ýehowa tagzym etdi.

2 Hanna Hudaýa şeýle doga etdi:

«Ýehowa şükür edip, joşýar ýüregim+,

Ýehowadyr güýç-kuwwatym*.

Duşmanlaryň öňünde gysga däl dilim,

Dadyma ýetişdiň, begenýär ýüregim.

 2 Ýehowa mukaddesdir, taý geljek ýokdur,

Ondan başga hudaý ýokdur!+

Arkadag Hudaýym ýeke-täkdir+.

 3 Gopbamsylyk bilen geplemäň,

Hiç biriňiz uly gürlemäň,

Ýehowa ähli zady bilýän+ Hudaýdyr,

Ynsan işlerini adalatly derňeýändir.

 4 Batyr ýigitleriň peýkamy döwüldi,

Büdränlere güýç-kuwwat berildi+.

 5 Mesler el ýaly çörege zar bolar*,

Açlar bolsa gerk-gäbe doýar+.

Önelgesiz aýal ýedi ogul dogurdy+,

Köp ogully aýal ýalňyz galdy.

 6 Öldürýänem, ýaşadýanam* Ýehowadyr,

Mazara* inderýänem, ölümden direldýänem Hudaýdyr+.

 7 Garyp düşürýänem, baýadýanam Ýehowadyr+,

Peseldýänem, beýgeldýänem Hudaýdyr+.

 8 Galdyrýar ol ejizleri toprakdan,

Garyp-gasarlary külüň astyndan*+,

Oturdýar olary han-begler bilen,

Orun berýär abraýly ýerlerden.

Ýehowanyň elinde diregi zeminiň+,

Mes topragy goýdy üstünde onuň.

 9 Wepaly bendeleriň goraýar ýolun+,

Tümlük gaplap alar zalymlaryň baryn+,

Ýeňiş gazanmaz ynsan öz güýji bilen+.

10 Parçalanar Ýehowa garşy çykanlar*+,

Gökden döker olara gahar-gazabyn+.

Höküm eder Ýehowa bütin ýer ýüzün+,

Güýçlendirer öz bellän patyşasyn+,

Kuwwatyn artdyrar* öz saýlan adamynyň»+.

11 Soňra Alkana Rama öýüne gaýtdy, oglanjyk bolsa Aly ruhanynyň ýanynda Ýehowa hyzmat edip başlady+.

12 Alynyň ogullary zalymdy+, Ýehowadan gorkmaýardy. 13 Olar halkyň ruhanylara berýän paýy+ bilen kanagat etmeýärdiler. Biri Hudaýa gurbanlyk berse, ruhanynyň kömekçisi çarşak* alyp gelerdi-de, et gaýnap duran 14 gazanlaryň birine sokup, näme ilse, ruhana äkidip bererdi. Olar Şilo gelýän ähli ysraýyllaryň gurbanlyklaryndan şeýdip alýardylar. 15 Onsoňam, heniz malyň ýagy ýakylmanka+, ruhanynyň kömekçisi gelip: «Ruhana gowrar ýaly et ber, gaýnadylan etiň gerek däl, çig et ber» diýýärdi. 16 Gurban berýän adam: «Ilki malyň ýagy bir ýakylsyn+, soň islän zadyňy alaý» diýse, ol: «Ýok, şu wagt ber, ýogsam güýç bilen alaryn!» diýýärdi. 17 Şeýdip, ruhanynyň kömekçileri Ýehowa garşy agyr günä edýärdiler+. Olar Ýehowa berilýän gurbanlyklary hiç zatça-da görmeýärdiler.

18 Şamuwel ýaş oglan bolsa-da, zygyr* matadan öňlük*+ geýip, Ýehowanyň huzurynda hyzmat edýärdi+. 19 Ejesi bilen kakasy her ýyl Hudaýa gurban bermäge gelerdi+. Şonda Hanna Şamuwele don* tikip getirerdi. 20 Aly ruhany Alkana bilen aýalyna ak pata berip: «Ýehowa beren ogluňyza derek, goý, Ýehowa şu aýalyňdan ýene çaga bersin»+ diýdi. Soňra olar öýlerine gaýtdylar. 21 Ýehowa Hanna nazar saldy, ol göwreli boldy+. Hannanyň ýene üç ogly we iki gyzy boldy. Şamuwel bolsa Ýehowanyň huzurynda ösüp ulalýardy+.

22 Aly garrapdy, ol ogullarynyň ysraýyl halkyna edýän ýamanlygyny+, ýygnak çadyrynyň* agzynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatyp turýandygyny eşidipdi+. 23 Aly ogullaryna: «Edip ýören işiňiz näme? Il-gün siz hakda erbet zatlary aýdýar. 24 Ogullarym, Ýehowanyň halkynyň arasynda siz barada edilýän gürrüňler-ä gowy däl. 25 Adam birine garşy günä etse, başga biri onuň üçin Ýehowa ýalbaryp biler*. Ýöne adam Ýehowa garşy günä etse+, onuň üçin kim doga etsin?» diýerdi. Olar bolsa kakasyna gulak asmaýardy. Şol sebäpli Ýehowa olary ölüme höküm etdi+. 26 Şamuwel bolsa ösüp kemala gelýärdi, Ýehowa hem, adamlar hem ony gowy görýärdi+.

27 Bir gün Aly ruhanynyň ýanyna Hudaýyň pygamberi gelip, şeýle diýdi: «Ýehowanyň sözüni diňle: „Ata-babalaryň Müsürde faraonyň elinde gul bolup ýaşaýarka, olara özümi tanatdym+. 28 Huzurymda ruhany bolup hyzmat etsin, gurbanlyk ojagymda*+ gurban berip, tütetgi ýaksyn*, öňlük geýip, hyzmatymda dursun diýip, ysraýyl taýpalarynyň arasyndan ataňy saýladym+. Ysraýyl halkynyň ýakyp berýän gurbanlyklaryndan ataň hojalygyna ýörite paý berdim+. 29 Indi näme üçin öýümde maňa berilýän gurbanlyklary, sadakalary äsgermezlik edýäňiz?*+ Ogullaryňy näme üçin menden has gowy görýäň? Garnyňyzy doýurjak bolup, ysraýyl halkymyň gurbanlaryndan iň gowy ýerini özüňize alýaňyz+.

30 Ine, şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Seniň bilen ataň öý-içerisi hemişe huzurymda hyzmat eder diýipdim+. — Ýöne Ýehowa yglan edýär — indi beýle bolmaz. Meni sylany sylaryn+, äsgermezlik edýäni äsgermerin. 31 Tizden seni, ataň hojalygyny güýç-kuwwatdan gaçyraryn. Mundan beýläk maşgalaňda hiç kim garrylyk çagyna ýetmez+. 32 Ysraýyl abadançylykda ýaşar, sen bolsa öýüme duşmançylyk bilen seredersiň+. Gaýdyp öýüňdäkileriň hiç biri uzak ýaşamaz. 33 Ýöne hojalygyňdan bir adamy gurbanlyk ojagymda hyzmat etmäge bellärin, ol gözüň nuruny söndürip, janyňa ezýet çekdirer. Öýüňdäkileriň köpüsi gylyçdan geçiriler+. 34 Muny iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna injek zatlardan bilersiň, olaryň ikisem bir günde öler+. 35 Soňra özüme wepaly boljak bir ruhany bellärin+. Ol ähli zady isleýşim ýaly eder. Oňa hiç wagt ýykylmajak öý guraryn. Ol bellän patyşamyň huzurynda ömürboýy hyzmat eder. 36 Hojalygyňda diri galan adamlar bolsa gelip, onuň öňünde dyza çöker-de: „Bir döwüm çöregim bolar ýaly, meni ruhany edip belläý“ diýip, el ýaly çörek we gazanç üçin ýalbararlar“»+.

3 Ýaş Şamuwel Alynyň ýanynda Ýehowa hyzmat edýärdi+. Ýöne şol günler Ýehowadan kän habar gelmezdi, görnüş*+ hem berilmezdi.

2 Alynyň gözi kütelipdi, hiç zat görmeýärdi+. Bir gün ol uklap ýatyrdy. 3 Şamuwel bolsa Ýehowanyň äht sandygy goýlan ybadathanada*+ ýatyrdy. Hudaýyň öýündäki şem+ heniz sönmändi. 4 Şonda Ýehowa Şamuweli çagyrdy. Ol hem: «Diňleýärin!» diýdi. 5 Şamuwel Alynyň ýanyna ylgap baryp: «Näme, atam, çagyrdyňmy?» diýdi. Aly bolsa: «Ýok, çagyramok. Bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel geçip ýatdy. 6 Ýehowa: «Şamuwel!» diýip, ýene çagyrdy. Şamuwel turup, Alynyň ýanyna bardy-da: «Aýdyber, atam. Meni çagyrdyň gerek?» diýdi. Aly bolsa: «Ýok, oglum, bar, ýatyber» diýdi. 7 Şamuwel heniz Ýehowany gowy tanamaýardy, Ýehowanyň habaryny eşidip görmändi+. 8 Ýehowa: «Şamuwel!» diýip, üçünji gezek çagyrdy. Şamuwel turup, Alynyň ýanyna bardy-da: «Aýdyber, atam. Meni çagyrdyňmy?» diýdi.

Şonda Aly oglanjygy Ýehowanyň çagyrýandygyna düşündi. 9 Ol Şamuwele şeýle diýdi: «Git-de, ýat. Ol seni ýene çagyrsa: „Ýehowa, aýdyber, guluň diňleýär“ diý». Şamuwel hem gidip ýatdy.

10 Ýehowa öňküsi ýaly: «Şamuwel, Şamuwel!» diýip, ýene-de çagyrdy. Şamuwel: «Aýdyber, guluň diňleýär» diýdi. 11 Şonda Ýehowa: «Men Ysraýylda görlüp-eşidilmedik zat ederin, muny eşidenleriň ini tikenekläp gider*+. 12 Şol gün Ala we maşgalasyna çykaran hökümimi doly ýerine ýetirerin+. 13 Ala aýt, eden etmişi üçin tutuş hojalygyna hemişelik jeza bererin. Ol ogullarynyň Hudaýa dil ýetirýänini bilse-de+, temmi bermedi+. 14 Alynyň öý-içerisiniň günäsini hiç bir gurbanlyk ýa sadaka ýuwup bilmez+. Muny Alynyň öýündäkilere öňem aýdypdym» diýdi.

15 Soňra Şamuwel ýerine geçip ýatdy. Ertesi irden turup, Ýehowanyň öýüniň gapylaryny açdy. Ol gören görnüşini Ala aýtmaga gorkýardy. 16 Aly: «Şamuwel, oglum!» diýip çagyrdy. Şamuwel: «Aýdyber, atam» diýdi. 17 Aly: «Hudaý saňa näme diýdi? Oglum, menden hiç zat gizleme. Aýdanlarynyň ýekejesini ýaşyraýsaň, goý, Hudaý saňa has beterini görkezsin» diýdi. 18 Şonda Şamuwel hiç zat ýaşyrman, baryny bolşy ýaly gürrüň berdi. Aly: «Ýehowanyň islegi şeýledir, goý, ol aýdyşy ýaly etsin» diýdi.

19 Şamuwel ösüp kemala gelýärdi, Ýehowa hem ony goldaýardy+. Ol Şamuweliň aýdan sözleriniň hiç birini ýerine ýetirmän goýmady*. 20 Dandan Beýer-şeba çenli tutuş Ysraýyl Şamuweliň Ýehowanyň pygamberi bolandygyny bildi. 21 Ýehowa Şamuwele Şiloda görünmegini dowam etdi. Şamuwel Ýehowanyň habaryny eşidip, Ýehowany has gowy tanady+.

4 Şamuwel pygamber ysraýyl halkyna Hudaýyň habaryny ýetirýärdi.

Biraz wagtdan ysraýyllar piliştlilere garşy söweşe çykdy. Ysraýyllar Ebenezeriň golaýynda, piliştliler bolsa Apekde düşelge gurdy. 2 Piliştliler nyzama düzülip, ysraýyllar bilen söweşdi. Söweş gandöküşikli bolup, ysraýyllar ýeňildi, 4 000-e golaý esger wepat boldy. 3 Esgerler düşelgä dolanyp gelende, ysraýyl ýaşululary: «Ýehowa näme üçin piliştlilerden ýeňilmegimize ýol berdikä?*+ Şilodan Ýehowanyň äht sandygyny alyp gaýdalyň+. Äht sandygy ýanymyzda bolsa, duşmanlary ýeňeris» diýişdiler. 4 Şeýdip, olar Şilo adam ugratdylar. Olar hem gidip, keruplaryň+ üstünde* tagtda oturan Serkerdebaşy Ýehowanyň äht sandygyny alyp gaýtdylar. Hak Hudaýyň äht sandygy getirilende, Alynyň iki ogly Hopny bilen Pinehas+ hem geldi.

5 Ýehowanyň äht sandygy düşelgä getirilen badyna, ysraýyllar begenjinden ýaňa şeýle bir gygyryşdylar welin, ýer sarsyp gitdi. 6 Piliştliler olaryň sesini eşidip: «Ýewreýleriň düşelgesindäki goh nämekä?» diýişdiler. Olar ysraýyllaryň düşelgesine Ýehowanyň äht sandygynyň getirilendigini eşidip 7 gorkdular. Olar öz aralarynda: «Ysraýyllaryň düşelgesine Hudaýyň özi gelipdir!+ Işimiz gaýtdy, öň beýle zat bolmandy! 8 Bagtymyz ýatdy! Haýbatly Hudaýyň elinden bizi kim halas eder? Ol çölde müsürlileri her hili bela-beter bilen heläklän Hudaý ahyryn!+ 9 Eý piliştliler, batyrgaý hem mert boluň!+ Mertlerçe söweşiň! Ýogsam hyzmatkär ýewreýlere özüňiz gul bolarsyňyz» diýişdiler. 10 Olar ysraýyllar bilen söweşip, ýene-de ýeňiş gazandylar+. Ysraýyl esgerleri bolsa gaçdylar. Uruşda uly heläkçilik boldy, ysraýyllardan 30 000 pyýada esger wepat boldy. 11 Hudaýyň äht sandygy duşmanlaryň eline düşdi, Alynyň iki ogly Hopny bilen Pinehas hem öldürildi+.

12 Şol gün benýamin taýpasyndan bir adam söweş meýdanyndan gaçyp, Şilo geldi. Ol ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowrupdy+. 13 Şähere baranda, Aly ýoluň ugrunda oturgyçda gözüni ýola dikip otyrdy. Ol hak Hudaýyň äht sandygyny+ alada edýärdi, ýüregi bükgüldäp durdy. Ýaňky adam şähere girip, bolan zatlary halka gürrüň berdi. Şonda adamlar dady-perýat edip başlady. 14 Aly olaryň ahy-nalasyny eşidip: «Galmagal näme?» diýip sorady. Ýaňky adam ylgaşlap geldi-de, ähli zady gürrüň berdi. 15 Şol wagt Aly 98 ýaşyndady, gözi hem görmeýärdi+. 16 Ol adam Ala: «Men söweş meýdanyndan gelýärin. Şu gün gaçyp gaýtdym» diýdi. Şonda Aly: «Oglum, näme boldy?» diýip sorady. 17 Habar getiren adam: «Ysraýyllar piliştlilerden gaçdy, esgerleriň köpüsi gyryldy+. Iki ogluň Hopny bilen Pinehas hem öldi+. Hak Hudaýyň äht sandygy duşmanlaryň eline düşdi»+ diýdi.

18 Ol adam hak Hudaýyň äht sandygyny agzanda, Aly derwezäniň gapdalynda oturan ýerinden diň arkan gaýtdy. Ýaşy bir çene ýeten daýaw adam bolansoň, ýykylanda boýny omrulyp*, şol bada jan berdi. Aly Ysraýylda 40 ýyl kazylyk edipdi. 19 Şol wagt onuň gelni, ýagny Pinehasyň aýaly göwrelidi we aýy-güni dolupdy. Ol hak Hudaýyň äht sandygynyň elden gidendigini, gaýynatasy bilen äriniň ölendigini eşidende, iki bükülip, burgusy tutup başlady. Ol çagasyny dogrup, 20 demini sanap ýatyrka, ýanyndaky aýallar: «Gorkma, ogluň boldy!» diýdiler. Emma ol sesini çykarmady, ünsem bermedi. 21 Hak Hudaýyň äht sandygynyň elden gidendigi, gaýynatasy bilen äriniň hem ölendigi+ üçin: «Ysraýylyň şan-şöhraty elden gitdi»+ diýip, oglunyň adyna Eýhabut*+ dakdy. 22 Ol: «Ysraýylyň şan-şöhraty elden gitdi, sebäbi hak Hudaýyň äht sandygy duşmanlaryň eline düşdi»+ diýdi.

5 Piliştliler hak Hudaýyň äht sandygyny+ Ebenezerden Aşdota getirdiler. 2 Sandygy Dagon taňrysynyň buthanasyna eltip, Dagon butunyň gapdalynda goýdular+. 3 Ertesi irden tursalar, Dagon taňrysy Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde ýüzin ýykylyp ýatan eken+. Aşdotlylar buty galdyryp, öňki ýerinde goýdular+. 4 Ertesi turup görseler, Dagon buty ýene-de Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde ýüzin ýykylyp ýatyr. Dagonyň kellesi bilen iki eli döwlüp, buthananyň bosagasynda ýatan eken, göwresiniň diňe balyga meňzeş bölegi* bitewi galypdyr. 5 Şonuň üçin Dagonyň ruhanylary we Aşdotdaky Dagon buthanasyna girýänler häli-häzire çenli hem bosaga basman, ätläp geçýärler.

6 Ýehowa aşdotlylara jeza berip, Aşdotda we daş-töwereginde ýaşaýan adamlary babasyl* keseli bilen gyrdy+. 7 Aşdotyň ilaty muny görüp: «Ysraýyl Hudaýynyň äht sandygyny bärde saklamalyň. Ol biziňem, taňrymyz Dagonyňam başyna ýeter» diýişdiler. 8 Soňra piliştli hanlary çagyryp: «Ysraýyl Hudaýynyň äht sandygyny näme edeli?» diýip soradylar. Olar: «Get şäherine+ iberiň» diýip jogap berdiler. Ysraýyl Hudaýynyň äht sandygyny şol şähere äkitdiler.

9 Äht sandygy Get şäherine eltilende, Ýehowa şäheriň ilatyny gorka saldy. Hudaý olaryň uludan-kiçä baryny babasyl keseline uçratdy+. 10 Şonda hak Hudaýyň äht sandygyny Ekrona+ iberdiler. Emma sandyk eltilen badyna, ekronlylar: «Ysraýyl Hudaýynyň äht sandygyny getirip, bizi-de, halkymyzy-da gyrjak bolýarlar!»+ diýip gygyryşdylar. 11 Olar piliştli hanlary çagyryp: «Ysraýyl Hudaýynyň äht sandygyny äkidip, ýerinde goýuň, ýogsam barymyz öleris» diýdiler. Tutuş şähere aýylganç gorky aralaşypdy. Hak Hudaý olara agyr jeza beripdi+. 12 Diri galanlar bolsa babasyl keseline uçrady. Halkyň ahy-nalasy göge baryp ýetdi.

6 Ýehowanyň äht sandygy+ ýedi aýlap piliştlileriň ýurdunda durdy. 2 Piliştliler ruhanylary we palçylary+ çagyryp: «Ýehowanyň äht sandygyny näme edeli? Yzyna nädip ibersekkäk?» diýdiler. 3 Olar hem: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň äht sandygyny yzyna boş gaýtarmaň. Günäňiz üçin olaryň Hudaýyna gurban beriň+. Şonda keseliňizden sagalarsyňyz, Ysraýyl Hudaýynyň näme üçin jeza berendigine-de düşünersiňiz» diýdiler. 4 Piliştliler: «Näme gurban bereli?» diýip soradylar. Olar: «Ähliňiz, hatda hanlaryňyz-da babasyl* keseline uçrapsyňyz, şonuň üçin piliştli hanlaryň+ sanyna görä, altyndan bäş babasyl bilen bäş syçanyň şekilini iberiň. 5 Babasylyň we weýrançylyk getirýän syçanlaryň+ şekilini ýasaň, Ysraýyl Hudaýyny şöhratlandyryň, belki, şonda ol sizi, taňryňyzy, ýurduňyzy jezalandyrmagyny bes eder+. 6 Müsürliler we faraon ýaly tekepbir bolmak nämä gerek?+ Hudaý müsürlileriň başyna betbagtçylyk inderende+, olar ysraýyllary goýbermäge mejbur boldy. Ysraýyllar ýurtdan çykyp gaýtdy+. 7 Indi siz täze araba bilen boýuntyryk salynmadyk iki sany göleli sygyr alyň-da, sygyrlary araba goşuň, gölelerini bolsa ýatakda goýuň. 8 Ýehowanyň äht sandygyny araba ýükläň. Günäňiz üçin iberýän altyn şekilleriňizi hem guta salyp, sandygyň ýanynda goýuň+. Arabany ýola salyň-da, 9 seredip duruň. Eger araba öz ýurdy Beýtşemeşe+ tarap gitse, diýmek, başymyza bela-beter getiren Ysraýyl Hudaýydyr. Ýöne araba başga tarapa gitse, onda betbagtçylyklar Hudaýyň jezasy däl-de, tötänden bolan zatdyr» diýdiler.

10 Adamlar ähli zady aýdylyşy ýaly edip, iki sany göleli sygry alyp, araba goşdular, gölelerini bolsa ýatakda daňyp goýdular. 11 Ýehowanyň äht sandygyny araba ýüklediler, syçanlar bilen babasyllaryň altyn şekillerini guta salyp, sandygyň ýanynda goýdular. 12 Sygyrlar göni Beýtşemeşe tarap ýola düşdi. Olar saga-sola sowulman, uly ýoldan molaşyp barýardy. Piliştli hanlar Beýtşemeşiň+ serhedine çenli olaryň yzyna düşüp gitdiler. 13 Şol wagt beýtşemeşliler jülgede bugdaý orup ýördi. Olar äht sandygyny görüp, juda begendiler. 14 Araba beýtşemeşli Ýuşanyň mellegine gelip, uly daşyň golaýynda saklandy. Adamlar arabanyň agaçlaryny çapdylar-da, sygyrlary+ Ýehowa ýakma gurbanlygy edip berdiler.

15 Lewiler+ Ýehowanyň äht sandygyny we altyn şekiller salnan gutyny arabadan düşürip, uly daşyň üstünde goýdular. Şol gün beýtşemeşliler+ Ýehowa ýakma gurbanlyklary we sadakalary berdiler.

16 Bolan zatlary görüp, piliştlileriň bäş hany şol gün Ekrona dolandy. 17 Piliştliler günäleri üçin Ýehowa gurban hökmünde altyndan babasyl şekilleri iberipdiler+. Birini Aşdot+, birini Gaza, birini Aşkelon, birini Get+, birini bolsa Ekron+ şäheri üçin ugratdylar. 18 Altyn syçanlary hem piliştlileriň bäş hanynyň galalarynyň we obalarynyň sanyna görä iberdiler.

Ýehowanyň äht sandygy goýlan uly daş beýtşemeşli Ýuşanyň melleginde ýadygärlik hökmünde henizem dur. 19 Emma Hudaý beýtşemeşlilere jeza berip, 50 070 adamy* heläk etdi, sebäbi olar Ýehowanyň äht sandygyna gözüni aýyrman seredipdiler. Olar Ýehowanyň jeza berýändigini görüp, perýat edip başladylar+. 20 «Mukaddes Hudaý Ýehowanyň+ öňünde kim durup biler?+ Ol başga ýere gitse bolmaýarmy?!» diýişdiler. 21 Soňra Kirýat-ýegarimiň+ ilatyna habar ýollap: «Piliştliler Ýehowanyň äht sandygyny yzyna iberipdir. Geliň-de, ony äkidiň»+ diýdiler.

7 Kirýat-ýegarimliler Ýehowanyň äht sandygyny baýyrlykda ýaşaýan Abynadabyň öýüne+ äkitdiler. Ogly Algazary bolsa Ýehowanyň äht sandygyna garawul edip goýdular*.

2 Äht sandygynyň Kirýat-ýegarime gelenine ep-esli wagt, ýagny 20 ýyl bolupdy. Bütin ysraýyl halky Ýehowany agtaryp başlady+. 3 Şamuwel olara: «Ýehowa bütin ýüregiňiz+ bilen dolanjak bolsaňyz, araňyzdan başga taňrylary+, Aştoret butlaryny+ aýryň. Ýüregiňizi doly Ýehowa berip, diňe oňa gulluk ediň+. Ol hem sizi piliştlileriň elinden halas eder»+ diýdi. 4 Şeýlelikde, ysraýyllar Bagal we Aştoret butlaryny ýok edip, diňe Ýehowa gulluk edip başladylar+.

5 Soňra Şamuwel: «Halky Mispa+ ýygnaň, siziň üçin Ýehowa doga edeýin»+ diýdi. 6 Ysraýyllar Mispa ýygnandylar. Olar guýudan suw alyp, Ýehowanyň öňünde ýere dökdüler-de, şol gün agyz beklediler+. Olar: «Biz Ýehowa garşy günä etdik»+ diýdiler. Şamuwel Mispada halka kazylyk edip başlady+.

7 Ysraýyllaryň Mispa üýşendigini eşidip, piliştli hanlar+ ysraýyllara garşy söweşe çykdy. Ysraýyllar muny eşidip gorkdular. 8 Olar Şamuwele: «Ýehowa Hudaýymyza dileg et, goý, ol dadymyza ýetişip, piliştlileriň elinden halas etsin»+ diýdiler. 9 Şamuwel bir guzyny tutuşlygyna Ýehowa ýakma gurbanlygy+ edip berdi. Ýehowany kömege çagyryp, ysraýyllar üçin dileg etdi, Ýehowa-da jogap berdi+. 10 Şamuwel ýakma gurbanlygyny berip durka, piliştliler ysraýyllara has golaý geldiler. Şol gün Ýehowa güýçli gök gürledip+, piliştlileri aljyraňňylyga saldy+, olar ysraýyllardan ýeňildi+. 11 Ysraýyllar Mispadan piliştlilere hüjüm edip, olary Beýtkaryň günortasyna çenli gyrdylar. 12 Şonda Şamuwel bir daşy+ Mispa bilen Ýeşanyň aralygynda goýdy-da: «Ýehowa bize hemişekisi ýaly kömek etdi»+ diýip, daşyň adyna Ebenezer* dakdy. 13 Söweşde ýeňlen piliştliler gaýdyp Ysraýyl ýurduna aýak basmadylar+. Şamuweliň döwründe Ýehowanyň eli mydama piliştlilere garşydy+. 14 Ysraýyllar piliştlileriň Ekrondan Gete çenli basyp alan şäherlerini yzyna aldylar. Olar öz ýurduny piliştlileriň elinden aldylar.

Ysraýyllar amorlar+ bilen hem parahat ýaşadylar.

15 Şamuwel bütin ömrüne Ysraýylyň kazysy boldy+. 16 Ol her ýyl Beýtele+, Gilgala+ we Mispa+ aýlanyp, halka kazylyk ederdi. 17 Soňra öz öýüne, Rama+ gaýdyp gelerdi. Ol Ramada-da Ysraýyla kazylyk ederdi. Şamuwel şol ýerde Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny*+ gurdy.

8 Şamuwel garran çagy ogullaryny Ysraýyla kazy edip belledi. 2 Uly oglunyň ady Ýowel, kiçisiniňki Abyýardy+. Olar Beýer-şebada kazylyk edýärdiler. 3 Emma olar kakasynyň göreldesine eýermeýärdiler, haram gazanja kowalaşyp+, para alýardylar+, adalatsyzlyk edýärdiler+.

4 Bir gün ysraýyl ýaşululary jemlenip, Şamuweliň ýanyna, Rama geldiler. 5 Olar: «Sen-ä garrapsyň, ogullaryň bolsa seniň öwreden ýoluňdan ýöränok. Bize patyşa belle, goý, üstümizden höküm sürsün*, bizem başga halklar ýaly bolaly»+ diýdiler. 6 Emma olaryň patyşa* belle diýmegi Şamuwele ýaramady, ol Ýehowa doga etdi. 7 Ýehowa bolsa: «Halkyň aýdanyny et. Olar senden däl-de, menden ýüz öwürdiler. Meni öz patyşasy hasaplamadylar+. 8 Müsürden çykaran günümden bäri menden ýüz öwrüp+, başga taňrylara sežde edýärler+. Maňa eden zatlaryny indi saňa-da edýärler. 9 Olaryň aýdyşy ýaly et, ýöne patyşanyň olardan näme talap etjekdigini öňünden duýdur» diýdi.

10 Şamuwel hem patyşa soran halka Ýehowanyň sözlerini ýetirdi. 11 Şamuwel olara: «Üstüňizden höküm sürjek patyşanyň şeýle zatlary talap etmäge haky bolar+: ol ogullaryňyzy alyp+, söweş arabalaryny sürdürer+, atly goşunynda gulluk etdirer+, käbirini öz arabalarynyň öňünden ylgadar. 12 Müňbaşylary+, ellibaşylary+ bellär. Käbirine ýerini sürdürip+, hasylyny ordurar+, käbirine bolsa uruş ýaraglaryny, söweş arabalarynyň şaýlaryny ýasadar+. 13 Gyzlaryňyzy alyp, atyr ýasadar, nahar bişirdip, çörek ýapdyrar+. 14 Ekiniňiziň, üzümligiňiziň, zeýtun bagyňyzyň iň gowusyny eliňizden alyp+, hyzmatkärlerine berer. 15 Galla we üzüm hasylyňyzyň ondan bir bölegini köşk emeldarlaryna hem-de hyzmatkärlerine berer. 16 Gul-gyrnaklaryňyzy, iň gowy mallaryňyzy*, eşekleriňizi alyp, öz işi üçin ulanar+. 17 Maýda mallaryňyzyň ondan birini eliňizden alar+, özüňizem gul bolarsyňyz. 18 Şeýle günler geler, saýlan patyşaňyz sebäpli perýat edersiňiz+, emma Ýehowa jogap bermez» diýdi.

19 Ýöne halk Şamuwele gulak asman: «Näme bolsa, şo bolsun, bize patyşa belle. 20 Bizem beýleki halklar ýaly bolaly. Patyşa üstümizden höküm sürüp*, ýol görkezer, duşmanlar bilen söweşer» diýdi. 21 Şamuwel olaryň diýen zatlaryny Ýehowa aýtdy. 22 Şonda Ýehowa: «Olaryň aýdyşy ýaly et-de, patyşa belle»+ diýdi. Şamuwel hem ysraýyllara: «Her kim öz şäherine gaýtsyn» diýdi.

9 Benýamin taýpasyndan Kiş+ atly tüçjar baý adam bardy. Ol Seroryň ogly, Bekoratyň agtygy, benýamin taýpasyndan+ Apyýanyň çowlugy Abyýeliň neslindendi. 2 Kişiň Şawul+ atly ýaş hem görmegeý ogly bardy. Ysraýyllaryň arasynda Şawulyň boý-syratyna taý geljek ýokdy, ol hemmelerden uzyndy, beýlekiler zordan onuň egnine ýetýärdi.

3 Günlerde bir gün Şawulyň kakasy Kişiň eşekleri* ýitdi. Ol ogly Şawula: «Ýanyňa hyzmatkärleriň birini al-da, eşekleriň gözlegine çyk» diýdi. 4 Olar Efraýymyň daglaryna we Şalyşa aýlanyp çykdylar, emma eşekleri tapmadylar. Şegalim topragyna-da aýlandylar, eşekler tapylmady. Soňra Benýamin topragyna aýlanyp çykdylar, şonda-da tapmadylar.

5 Ahyrsoňy Zup topragyna geldiler. Şawul hyzmatkärine: «Ýör, öýe gaýdaly, ýogsam kakam eşekleri däl-de, bizi alada edip başlar»+ diýdi. 6 Emma hyzmatkär: «Golaýdaky şäherde bir abraýly, hudaýhon adam bar, aýdan zady dogry bolup çykýar+. Ýör, şonuň ýanyna gideli, belki, ol eşekleri tapyp berer» diýdi. 7 Şawul: «Gitsek, ol adama näme äkideli? Çöregimiz-ä gutardy, hak Hudaýyň guluna berer ýaly zadymyz ýok. Elimiz boş baralymy?» diýdi. 8 Hyzmatkär bolsa: «Mende bir kümüş teňňe* bar. Hak Hudaýyň guluna şony beräýeli. Ol eşekleri tapmaga kömek eder» diýip jogap berdi. 9 (Öňler Ysraýylda biri Hudaýdan maslahat sorajak bolsa: «Ýör, weliniň*+ ýanyna gideli» diýerdi. Öňki döwürde pygambere «weli» diýilýärdi). 10 Şawul hyzmatkärine: «Dogry aýdýaň, ýör, gideli» diýdi. Şeýdip, olar hak Hudaýyň gulunyň ýaşaýan şäherine gitdiler.

11 Ýokarlygyna ýöräp, şähere barýarkalar, suw almaga çykan gyzlary görüp: «Weli+ şu ýerdemi?» diýip soradylar. 12 Olar: «Hawa, ol biraz öňüňizden ýöräp barýar. Şähere şu gün geldi, halk seždegähde*+ gurbanlyk berýär+. Çaltrak gitseňiz, 13 şähere giren badyňyza duşarsyňyz. Ol gurbanlykdan iýmek üçin seždegähe barýandyr. Ol seždegähe baryp, Hudaýa doga etmese*, halk gurbanlykdan datmaz. Adamlar diňe doga edilensoň iýip içer. Eglenmän gitseňiz, welini taparsyňyz» diýdiler. 14 Şawul bilen hyzmatkäri şähere gitdi. Şamuwel bolsa olary seždegähe äkitmek üçin garşy almaga gelýän eken.

15 Şondan bir gün öň Ýehowa Şamuwele: 16 «Ertir şu wagtlar ýanyňa Benýamin+ topragyndan bir adamy ibererin. Ony ysraýyl halkyma baştutan belle+. Ol halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Men halkymyň çekýän horlugyny gördüm, dady-perýadyny eşitdim»+ diýipdi. 17 Şamuwel Şawuly gören badyna, Ýehowa oňa: «Ine halkyma baştutanlyk etjek adam»+ diýdi.

18 Şawul derwezäniň ýanynda Şamuwele duşup: «Agam, weliniň öýi niredekä?» diýip sorady. 19 Şamuwel hem: «Weli diýýäniň-ä men. Ýör*, seždegähe gideli, bile çörek iýeris+. Seni ertir irden yzyňa ugradaryn, bilesiň gelýän zatlary* hem aýdaryn. 20 Üç gün mundan öň ýiten eşekleriňi+ alada edip oturma, olar eýýäm tapyldy. Onsoňam, Ysraýylyň ähli genji-hazynasy seniň bilen ataň hojalygynyňky dälmi näme?!»+ diýdi. 21 Şonda Şawul: «Men ysraýyl taýpalarynyň iň kiçisi benýaminlerden ahyryn+. Maşgalamyz hem benýamin taýpasynda iň kiçi maşgala. Maňa näme üçin beýle diýýäň?» diýdi.

22 Soňra Şamuwel Şawul bilen hyzmatkärini nahar iýilýän ýere eltip, törde oturtdy. Şol ýere 30-a golaý myhman çagyrylypdy. 23 Şamuwel aşpeze: «Aýryp goý diýen paýymy getir» diýdi. 24 Aşpez bir budy getirip, Şawulyň öňünde goýdy. Şamuwel: «Men olara myhman çagyrjagymy aýdypdym. Al, iýiber, muny ýörite seniň üçin aýyrtdym» diýdi. Şol gün Şawul Şamuwel bilen iýip içdi. 25 Olar seždegähden+ gaýdyp, şähere geldiler. Şamuwel Şawul bilen üçege çykyp, gürrüňini dowam etdi. 26 Ertesi irden heniz jahan ýagtylmanka, Şamuwel üçekde ýatan Şawuly çagyryp: «Ýola taýýarlan, seni ugradaýyn» diýdi. Şawul taýyn bolansoň, Şamuwel bilen daşaryk çykdy. 27 Şäherden çykyp, aşaklygyna ýöräp barýarkalar, Şamuwel: «Hyzmatkäriňe+ aýt, öňräkden ýöräbersin» diýdi. Hyzmatkär arany açanda, Şamuwel Şawula: «Hany, biraz saklan, saňa Hudaýyň sözüni aýdaýyn» diýdi.

10 Şamuwel ýagly gaby alyp, Şawulyň başyna ýag guýdy+. Ol Şawulyň ýaňagyndan ogşap: «Ine, Ýehowa seni halkyna*+ baştutan belledi+. 2 Şu gün yzyňa gaýdyp barýarkaň, Benýamin topragyndaky Zelzada, Raheliň mazarynyň golaýynda+ iki adama duşarsyň. Olar saňa: „Gözläp ýören eşekleriň tapyldy. Kakaň indi eşekleri+ däl-de, sizi alada edip başlady. Ol: „Oglum henizem gelenok, nätsemkäm?“ diýip otyr“ diýerler. 3 Tabordaky beýik agaja ýeteniňde, hak Hudaýa sežde etmek üçin Beýtele+ barýan üç adama duşarsyň. Olaryň birinde üç owlak, beýlekisinde üç çörek, birinde bolsa uly küýze şerap bardyr. 4 Olar hal-ýagdaýyňy sorap, iki çörek bererler. Çörekleri hökman algyn. 5 Soňra hak Hudaýyň baýryna bararsyň, şol ýerde piliştlileriň goşun bölümi bardyr. Şähere gireniňde bolsa, seždegähden* düşüp gelýän pygamberleri görersiň. Olar pygamberlik edýärkä, öňlerinde çeň* saz guralynda, deprekde, gargy tüýdükde, arfada saz çalarlar. 6 Şonda üstüňe Ýehowanyň ruhy inip+, senem pygamberlik edip başlarsyň we özüňi başga adam+ ýaly alyp bararsyň. 7 Aýdan zatlarym berjaý bolanda, eliňde baryny et, sebäbi hak Hudaý seniň bilendir. 8 Sen öňümden Gilgala+ bar, menem ýakma we parahatlyk gurbanlyklary bermek üçin ýanyňa bararyn. Barýançam, ýedi gün garaşmaly bolarsyň. Şondan soň näme etmelidigiňi aýdaryn» diýdi.

9 Şawul Şamuwel bilen hoşlaşyp, yzyna öwrülen badyna, Hudaý Şawulyň içki dünýäsini* üýtgedip başlady. Şol gün aýdylan zatlaryň bary berjaý boldy. 10 Baýra tarap barýarkalar, Şawul birgiden pygambere duşdy. Şonda üstüne Hudaýyň ruhy inip+, ol hem pygamberlik edip başlady+. 11 Şawuly tanaýan adamlar beýlekiler bilen pygamberlik edýänini görüp: «Kişiň ogluna näme bolduka? Şawulam pygamber bolupdyrmy?» diýişdiler. 12 Şol ýerdäkileriň biri: «Olaryň atasy hem pygamber däldi» diýdi. Şeýdip, «Şawulam pygamber bolupdyrmy?»+ diýen gürrüň il arasyna ýaýrady.

13 Şawul pygamberlik edip bolansoň, seždegähe gitdi. 14 Biraz wagtdan Şawulyň agasy* ondan we hyzmatkärinden: «Nirä gitdiňiz?» diýip sorady. Şawul: «Eşekleri gözledik+, tapyp bilmän, Şamuweliň ýanyna bardyk» diýdi. 15 Şonda agasy: «Aýtsana, Şamuwel näme diýdi?» diýip sorady. 16 Şawul: «Ol eşekleriň tapylandygyny aýtdy» diýdi. Ýöne Şamuweliň patyşalyk hakda aýdanlaryny gürrüň bermedi.

17 Soňra Şamuwel halky Mispa, Ýehowanyň huzuryna ýygnap+: 18 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men ysraýyllary Müsürden çykaran Hudaýdyryn. Sizi müsürlileriň+, zalym patyşalaryň elinden halas etdim. 19 Siz bolsa azaplaryňyzdan, jebir-jepalaryňyzdan dyndyran Halasgär Hudaýyňyzdan ýüz öwrüp+: „Näme bolsa, şo bolsun, üstümizden patyşa belle“ diýdiňiz. Hany, her kim Ýehowanyň huzurynda taýpasyna we tiresine* görä dursun“» diýdi.

20 Şamuwel ysraýyl taýpalaryny gezekli-gezegine ýanyna çagyrdy+. Şonda benýamin taýpasy saýlandy+. 21 Şamuwel benýamin taýpasyny maşgalalary boýunça çagyrdy, matarlaryň maşgalasy saýlandy. Ahyrynda Kişiň ogly Şawul saýlandy+. Ýöne Şawuly näçe gözleseler-de, hiç ýerden tapmadylar. 22 Olar Ýehowadan: «Ol heniz gelmedimi?» diýip soradylar+. Ýehowa hem: «Hanha, goş-golamlaryň arasynda gizlenip otyr» diýdi. 23 Adamlar ylgap, Şawuly getirdiler. Şawul halkyň arasynda duranda, hemmelerden uzyndy, beýlekiler zordan egnine ýetýärdi+. 24 Şamuwel: «Ýehowanyň kimi saýlanyny görýäňizmi?+ Halkyň içinde oňa taý geljek barmy?!» diýdi. Şonda adamlar: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.

25 Şamuwel halka patyşanyň hukugyny düşündirip+, kitaba ýazdy-da, Ýehowanyň çadyrynda goýdy. Soňra halky öýli-öýüne iberdi. 26 Şawul hem Gibeýa öýüne gaýtdy. Batyrgaý ýigitleriň käbiri Şawul bilen gitdi, sebäbi şeýle islegi olaryň ýüregine Ýehowa guýupdy. 27 Päliýaman adamlar bolsa: «Ol bizi nädip halas etsin-aý?!»+ diýip, Şawuly äsgermezçilik etdiler, sowgat-serpaý hem bermediler+. Emma Şawul sesini çykarmady.

11 Soňra ammonlaryň+ patyşasy Nahaş goşuny bilen gelip, Gileadda ýerleşýän Ýabeş+ şäheriniň daşyny gabady. Ýabeşiň ilaty oňa: «Biz bilen ylalaşyk baglaş, guluň bolaly» diýdiler. 2 Ammon patyşasy Nahaş: «Bolýar, ýöne bir şertim bar. Hemmäňiz sag gözüňizi oýduryň. Şeýdip, Ysraýyly masgaralajak» diýdi. 3 Ýabeşiň ýaşululary: «Bize ýedi gün wagt ber, tutuş Ysraýyla habar ýollaly. Eger bizi halas etjek adam tapylmasa, saňa boýun egeris» diýdiler. 4 Biraz wagtdan habarçylar Şawulyň şäheri Gibeýa*+ baryp, ähli zady halka gürrüň berdiler. Muny eşiden adamlar ses edip aglaşdylar.

5 Şawul öri meýdandan sürini alyp gelýärdi. Ol: «Adamlara näme boldy? Näme üçin aglaşýarlar?» diýip sorady. Şonda Şawula ýabeşlileriň aýdan zatlaryny gürrüň berdiler. 6 Muny eşiden Şawulyň üstüne Hudaýyň ruhy indi+. Ol gahar-gazaba münüp, 7 iki öküzi bölek-bölek etdi-de, olary habarçylara berip, tutuş Ysraýylda: «Kimde-kim Şawul bilen Şamuweliň yzyna düşmese, maly şeýle ediljekdir» diýip jar çekdirdi. Şonda halky Ýehowadan gorky gaplap aldy, olaryň bary bir adam ýaly bolup ýygnandy. 8 Şawul olary Bezekde sanady. Görse, ysraýyllardan 300 000, ýahudalardan 30 000 adam bar eken. 9 Olar ýabeşli habarçylara şeýle diýdiler: «Gileaddaky Ýabeş ilatyna: „Ertir günortan* halas bolarsyňyz“ diýiň». Habarçylar gidip, ähli zady ýabeşlilere gürrüň berdiler. Olar muňa begendiler. 10 Ýabeşliler ammonlara: «Ertir size boýun egeris. Onsoň, näme etseňiz, edäýiň»+ diýdiler.

11 Ertesi Şawul esgerleri üç topara böldi. Olar daň atmanka*, duşman düşelgesine girip, ammonlary+ günortana çenli gyrdylar. Diri galanlary bolsa aýagaldygyna gaçyp, dyr-pytrak boldy. 12 Adamlar Şamuwele: «„Şawuldanam bir patyşa bolarmy?“+ diýenler nirede? Olary elimize ber, ýoguna ýanaly!» diýdiler. 13 Emma Şawul: «Ýok, bu gün gan döküp bolmaz+, sebäbi Ýehowa Ysraýyly halas etdi» diýdi.

14 Soňra Şamuwel: «Ýörüň, Gilgala+ gidip, Şawuly täzeden patyşa belläliň»+ diýdi. 15 Tutuş halk Gilgala baryp, Şawuly Ýehowanyň huzurynda patyşa edip belledi. Soňra Ýehowanyň huzurynda parahatlyk gurbanlyklary berdiler+. Şawul bilen ysraýyllar şatlyk-şagalaň etdiler+.

12 Şamuwel ysraýyllara şeýle diýdi: «Ine, isleýşiňiz ýaly, üstüňizden patyşa belledim+. 2 Ynha, size baştutanlyk etjek* patyşa!+ Meniň-ä indi saçym agaryp, ýaşym bir çene ýetdi, ogullarym siziň araňyzda+. Men ýaşlygymdan bäri siziň öňüňize düşüp gelýärin+. 3 Indi Ýehowanyň we patyşanyň* öňünde+ maňa garşy näme arzyňyz bolsa aýdyň. Kimiň öküzini ýa eşegini elinden aldym?+ Kimi aldadym, taladym ýa azar berdim? Ýa-da kimden para alyp, nähak işe göz ýumdum?+ Eger şeýle eden bolsam, alan zadymy yzyna gaýtararyn»+. 4 Olar bolsa: «Sen bizi aldamadyň, talamadyň, azar bermediň, hiç kimden para-da almadyň» diýdiler. 5 Şonda Şamuwel: «Menden hiç hili ýazyk tapmandygyňyza Ýehowa-da, patyşa-da şaýatdyr» diýdi. Adamlar: «Hawa, Ol* şaýatdyr» diýdiler.

6 Şonda Şamuwel olara şeýle diýdi: «Aýdanlaryňyza Ýehowa+ şaýatdyr, ol ata-babalaryňyzy Musa bilen Harun arkaly Müsürden çykarypdy. 7 Indi ýerli-ýeriňizde durup, Ýehowanyň öňünde aýtjak zatlarymy diňläň. Men Ýehowanyň size we ata-babalaryňyza eden ýagşylyklaryny ýatladaýyn.

8 Ýakup Müsüre göçüpdi+. Soňra ata-babalaryňyz Ýehowa perýat edip başlady+. Ýehowa Musa+ bilen Haruny iberip, olary Müsürden çykardy, şu ýurda getirdi+. 9 Ýöne ata-babalaryňyz Ýehowa Hudaýyny unutdy. Şonda ol halkyny Hasor goşunbaşysy Siseranyň+, piliştlileriň+ we Mowap patyşasynyň+ eline berdi+. Duşmanlar ata-babalaryňyza hüjüm etdiler. 10 Olar bolsa Ýehowa dady-perýat edip+: „Biz günä etdik+, Ýehowadan ýüz öwrüp, Bagal+ we Aştoret+ butlaryna sežde etdik. Indi saňa gulluk eder ýaly, duşmanlardan halas et“ diýdiler. 11 Ýehowa sizi asuda ýaşatmak üçin+, Ýerubagaly+, Bedany, Ýeftahy+ we Şamuweli+ iberip, duşmanlardan halas etdi. 12 Ammon patyşasy Nahaş+ üstüňize çozanda welin, patyşaňyz Ýehowa Hudaý+ bolsa-da: „Bize patyşa belle“+ diýip, günüme goýmadyňyz. 13 Ynha, diläp alan, saýlan patyşaňyz. Ýehowa size patyşa belledi+. 14 Ýehowadan gorkup+, gulluk etseňiz+, Ýehowanyň tabşyryklaryna garşy çykman, gulak assaňyz+, özüňizem, patyşaňyzam Ýehowa Hudaýyňyza wepaly bolsaňyz-a, ne ýagşy. 15 Ýöne Ýehowa gulak asmasaňyz, Ýehowanyň tabşyryklaryna garşy çyksaňyz, Ýehowa atalaryňyza-da, size-de jeza berer+. 16 Indi ýerli-ýeriňizde durup, Ýehowanyň görkezjek gudratyny görüň. 17 Häzir hasyl döwri dälmi? Emma men Ýehowany çagyraryn, gök gürledip, ýagyş ýagdyrmagyny dilärin. Şonda özüňize patyşa sorap, Ýehowanyň öňünde nähili erbetlik edendigiňize düşünersiňiz»+.

18 Soňra Şamuwel Ýehowa dileg etdi. Ýehowa gök gürledip, ýagyş ýagdyrdy. Muny gören halk Ýehowadan we Şamuwelden gorkdy. 19 Olar Şamuwele: «Biziň* üçin Ýehowa Hudaýyňa doga et+, ölesimiz gelenok. Özümize patyşa sorap, günä üstüne günä gazanypdyrys» diýdiler.

20 Şamuwel bolsa: «Gorkmaň. Dogry, günäleriňiziň hetdi-hasaby ýok. Ýöne indi bir Ýehowanyň ýolundan sowulmaň+, Ýehowa bütin ýüregiňiz bilen gulluk ediň+. 21 Dogry ýoldan sowlup, peýdasyz, nalajedeýin we dereksiz taňrylara+ sežde etmäň. 22 Ýehowa beýik adynyň hatyrasyna+ halkyny terk etmez+, sebäbi Ýehowa sizi halky edip saýlady+. 23 Siz üçin doga etmegi goýmaryn. Beýtsem, menem Ýehowa garşy günä etmerinmi? Size mundan beýlägem dogry we hak ýoly öwrederin. 24 Ýöne Ýehowadan gorkup+, bütin ýüregiňiz bilen wepaly gulluk ediň, siz üçin görkezen gudratlaryny unutmaň+. 25 Bilgeşleýin ýamanlyk etseňiz+, patyşaňyz bilen ýok edilersiňiz»+ diýdi.

13 Şawul patyşa bolanda...*+ ýaşyndady. Ol Ysraýylda iki ýyl hökümdarlyk edip, 2 soňra halkdan 3 000 nöker saýlady. Olardan 2 000 nöker Şawul bilen Mikmaşda we Beýteliň daglarynda, 1 000 nöker bolsa Benýamin topragynda ýerleşýän Gibeýada+ Ýonatanyň+ ýanynda bolýardy. Beýleki adamlary Şawul öýli-öýüne iberdi. 3 Ýonatan piliştlileriň+ Gebadaky+ goşunyny derbi-dagyn etdi, muny piliştlileriň ählisi eşitdi. Şawulam: «Ýewreýler, eşitdim-eşitmedim diýmäň!» diýip, ýurtda surnaý* çaldyryp+, jar çekdirdi. 4 Şeýlelikde, «Şawul piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn edipdir. Indi ysraýyllar piliştlileriň ganym duşmany boldy» diýen habar tutuş ýurda ýaýrady. Şol sebäpli bütin halk Gilgala, Şawulyň ýanyna ýygnandy+.

5 Piliştliler hem ysraýyllar bilen söweşmek üçin ýygnandy. Olaryň 30 000 söweş arabasy, 6 000 atlysy we deňiz çägesi deý ummasyz köp esgeri bardy+. Olar Beýtaweniň+ gündogaryndaky Mikmaşda düşelge gurdular. 6 Ysraýyllar abanýan howpy görüp aljyradylar, gorkudan ýaňa gowaklarda, çukurlarda, gaýalarda, ýerzeminlerde we guýularda gizlendiler+. 7 Ýewreýleriň käbiri Iordandan geçip, Gad we Gilead+ topragyna gaçdy. Emma Şawul Gilgalda galdy, nökerleri gorkudan sandyraşyp otyrdy. 8 Ol Şamuweliň geljek diýen wagtyna çenli ýedi gün garaşdy, ýöne Şamuwel Gilgala gelmedi. Şawulyň nökerleri dargaşyp başlady. 9 Ahyry Şawul: «Maňa ýakma gurbanlygyny we parahatlyk gurbanlyklaryny getiriň» diýdi. Şeýdip, ol ýakma gurbanlygyny berdi+.

10 Şawul ýakma gurbanlygyny berip bolan badyna, Şamuwel geldi. Şawul ony garşylamaga çykdy. 11 Şonda Şamuwel: «Eden zadyň näme?» diýdi. Şawul bolsa: «Sen wagtynda gelmediň+, ýanymdaky adamlar dargap başlady. Piliştlilerem Mikmaşa ýygnanypdyr+. 12 Şonuň üçin: „Piliştliler Gilgala gelip, üstüme çozar, men bolsa heniz Ýehowany razy etmedim“ diýip, ýakma gurbanlygyny berdim» diýdi.

13 Şonda Şamuwel: «Sen akmaklyk etdiň. Ýehowa Hudaýyň tabşyrygyna gulak asmadyň+. Gulak asan bolsaň, Ýehowa seni we nesliňi Ysraýylda ebedilik patyşa edip goýardy. 14 Indi patyşalygyň uzak durmaz+. Ýehowa göwnüne ýaraýan başga birini saýlar+. Ýehowa ony halkyna baştutan eder+, sebäbi sen Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asmadyň»+ diýdi.

15 Şamuwel Gilgaldan Benýamin topragyndaky Gibeýa tarap ýola düşdi. Şawul bolsa nökerlerini sanady, ýanynda 600-e golaý adam bardy+. 16 Şol wagt Şawul bilen ogly Ýonatan we nökerleri Benýamin topragyndaky Gebada+ ýaşaýardy. Piliştliler bolsa Mikmaşda+ düşelge gurupdy. 17 Olar hüjüme geçmek üçin düşelgeden üç topar bolup çykdylar. Birinji topar Şugaldaky Opra gidýän ýola düşdi. 18 Ikinjisi Beýthorona+, üçünjisi serhede barýan ýola düşdi. Şol serhetden Sebogim jülgesi görünýärdi, aňyrsy bolsa çöldi.

19 Şol wagtlar Ysraýylda ýekeje-de demir ussasy ýokdy, sebäbi piliştliler ýewreýlere gylyç we naýza ýasamaga rugsat bermeýärdi. 20 Ysraýyllar azalyny, kätmenini, paltasyny we oragyny ýiteltmek* üçin piliştlileriň ýanyna barmaly bolýardy. 21 Azallary, kätmenleri, üç dişli çarşaklary, paltalary ýiteltmek we çişiň* ujuny ýasatmak üçin bir teňňe* tölemelidi. 22 Şol sebäpli söweş güni Şawul bilen ogly Ýonatanyň ýanyndaky nökerlerde ne gylyç, ne-de naýza bardy+, diňe Şawul bilen Ýonatan ýaraglydy.

23 Piliştlileriň goşuny bolsa Mikmaş geçelgesine gelipdi+.

14 Bir gün Şawulyň ogly Ýonatan+ ýarag göterýän nökerine: «Ýör, beýleki tarapa geçip, piliştlileriň goşunyna baraly» diýdi. Emma ol kakasyna hiç zat aýtmady. 2 Şawul Gibeýanyň+ golaýyndaky Migronda nar agajynyň aşagynda otyrdy, ýanynda 600-e golaý nökeri bardy+. 3 Şol wagtlar Eýhabutyň+ agasy Ahytubyň+ ogly Ahyýar ruhany bolup hyzmat edýärdi*+. Ol Pinehasyň+ agtygy, Şiloda+ Ýehowanyň ruhanysy bolan Alynyň+ çowlugydy. Adamlar Ýonatanyň gideninden bihabardy. 4 Ýonatan piliştlileriň goşunyna barmak üçin geçelgeden geçjek boldy. Geçelgäniň her tarapynda iki sany kert gaýa bardy. Olaryň biriniň ady Boses, beýlekisiniňki Senady. 5 Gaýalar sütün ýaly bolup, biri demirgazykda Mikmaşa, beýlekisi günortada Geba+ bakyp durdy.

6 Ýonatan nökerine: «Ýör, beýleki tarapa geçip, sünnetsizleriň+ düşelgesine baraly. Belki, Ýehowa olary elimize berer, sebäbi köp bolsak-da, az bolsak-da+, Ýehowa ýeňiş berjek bolsa, oňa hiç zat päsgel berip bilmez» diýdi. 7 Nöker: «Lepbeý, agam, nirä gitseňem, men seniň bilen» diýip jogap berdi. 8 Şonda Ýonatan: «Ýör, piliştliler tarapa geçip, olaryň göräýjek ýerinde duraly. 9 Olar bize: „Barynçak, gymyldamaň!“ diýse, şol ýerde garaşyp durarys. 10 Ýöne: „Hany, bärik geliň!“ diýseler, dessine hüjüme geçeris. Şol bize alamat bolar, Ýehowa olary elimize berjekdir»+ diýdi.

11 Olaryň ikisi piliştlileriň düşelgesiniň golaýyna baryp, görünäýjek ýerde durdular. Piliştliler: «Serediň! Ýewreýler gizlenen çukurlaryndan çykyp başladylar»+ diýişdiler. 12 Olar Ýonatan bilen nökerine: «Hany, geliň, size gowuja sapak bereli!»+ diýip gygyrdylar. Şonda Ýonatan nökerine: «Yzymdan galma, Ýehowa olary Ysraýylyň eline berer»+ diýdi. 13 Soňra ol gaýa dyrmaşyp başlady, nökeri hem yzyndady. Ýonatan piliştlileri birýandan gyryp ugrady, ölmän galanlary bolsa yzyndaky nökeri öldürýärdi. 14 Ýonatan bilen nökeri birinji hüjümde sähel aralykda* 20-ä golaý adamy öldürdi.

15 Sakçylary we düşelgedäki ähli esgerleri aýylganç gorky gaplap aldy. Ysraýyllaryň üstüne çozmaga iberilen esgerlerem+ gorkudan ýaňa sandyraşýardy. Soňra ýer titräp başlady, Hudaý piliştlileri aljyratdy. 16 Şawul Benýamin topragynda ýerleşýän Gibeýada+ garawullary goýupdy, olar duşman düşelgesinde galagoplygyň turanyny gördüler+.

17 Şawul nökerlerine: «Adamlary sanaň-da, kimiň ýokdugyny biliň» diýdi. Sanap görseler, Ýonatan bilen ýarag göterýän nökeri ýok. 18 Şawul Ahyýar+ ruhana: «Hak Hudaýyň äht sandygyny getir» diýdi. Şol wagtlar* hak Hudaýyň äht sandygy ysraýyllardady. 19 Şawul heniz ruhany bilen gepleşip durka, piliştlileriň düşelgesindäki galagoplyk has-da güýjedi. Şawul Ahyýar ruhana: «Hany, entek dur*» diýdi-de, 20 ähli nökerlerini ýygnap, söweşmäge gitdi. Baryp görseler, piliştliler aljyraňňylyga düşüp, bir-birini gylyçdan geçiripdir. 21 Öň piliştlileriň tarapyna geçip, düşelgesinde bolýan ýewreýler hem Şawul bilen Ýonatanyň ýanyndaky ysraýyllara goşuldylar. 22 Efraýymyň daglarynda gizlenen adamlar+ piliştlileriň gaçanyny eşidip, esgerlere goşuldylar we duşmany kowalap başladylar. 23 Şol gün Ýehowa Ysraýyly halas etdi+, söweş Beýtawene+ çenli ýetdi.

24 Şol gün Şawul: «Duşmanlardan ar alýançam, agşama çenli çörek iýene nälet bolsun!» diýip, esgerlere ant içiripdi. Esgerleriň hiç biri duz datmandy, şonuň üçin ählisi ysgyndan gaçypdy+.

25 Tutuş goşun tokaýa geldi. Tokaýda ary baly köpdi. 26 Esgerler ýere damyp duran baly gördüler, emma ant içendikleri üçin baldan datmadylar. 27 Ýonatan bolsa kakasynyň esgerlere ant içirendigini bilmeýärdi+. Ol taýagynyň ujuny bala batyryp, datdy welin, gözi ýerine gelen ýaly boldy. 28 Esgerleriň biri: «Kakaň: „Şu gün çörek iýene nälet bolsun!“ diýip ant içirdi+, şonuň üçin esgerleriň ysgyn-mydary galmady» diýdi. 29 Şonda Ýonatan: «Kakam esgerleri beýdip kösemeli däl eken. Men-ä baldan datdym welin, gözüm ýerine geläýdi. 30 Esgerler oljadan iýen bolsa gowy bolardy+. Şonda piliştlileriň ählisini gyrardyk» diýdi.

31 Şol gün ysraýyllar piliştlileri Mikmaşdan Aýalona+ çenli gyrdylar. Esgerler halys ýadapdy. 32 Olar hasyr-husur oljalaryna ýapyşyp, goýunlary, sygyrlary, göleleri duran ýerinde soýup, gany bilen iýip başladylar+. 33 Şawula: «Esgerler eti gany bilen iýip, Ýehowa garşy günä edýär» diýip habar berdiler+. Şonda ol: «Siz dönüklik etdiňiz. Derrew bir uly daşy togalap getiriň!» diýdi. 34 Soňra: «Gidiň-de, esgerlere aýdyň, öküzleri, goýunlary şu daşyň üstünde soýsunlar. Eti gany bilen iýip, Ýehowa garşy günä etmesinler» diýip buýruk berdi+. Şol gije her kim öküzini getirip, şol ýerde soýdy. 35 Şawul bolsa Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny*+ gurdy. Ol ilkinji gezek Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurupdy.

36 Biraz wagtdan Şawul: «Gije piliştlileriň üstüne çozup, daň atýança talalyň, birini-de diri galdyrmalyň» diýdi. Esgerler: «Goý, aýdyşyň ýaly bolsun!» diýdiler. Ruhany bolsa: «Geliň, hak Hudaýdan sorap göreliň»+ diýdi. 37 Şawul Hudaýdan: «Piliştlileriň üstüne çozaýynmy? Olary Ysraýylyň eline berermiň?» diýip sorady+. Emma şol gün Hudaý jogap bermedi. 38 Şonda Şawul: «Halkyň baştutanlary ýanyma ýygnansyn. Kimiň günä edenini bileliň. 39 Ysraýyly halas eden Ýehowa diri şaýatdyr, hatda oglum Ýonatan günä eden bolsa-da, hökman öldüriler» diýdi. Ýöne hiç kimden ses çykmady. 40 Soňra ol adamlara: «Siz bir tarapda, menem oglum Ýonatan bilen beýleki tarapda duraýyn» diýdi. Olar hem: «Bolýar» diýdiler.

41 Şawul Ýehowa ýüzlenip: «Eý Ysraýyl Hudaýy, tummym*+ arkaly jogap ber!» diýdi. Atylan bije Ýonatan bilen Şawula düşdi. Şonda halk gyra çekildi. 42 Şawul: «Indi oglum Ýonatan ikimize bije atyň»+ diýdi. Bije Ýonatana düşdi. 43 Şawul ondan: «Hany aýt, sen näme etdiň?» diýip sorady. Ýonatan: «Bar eden zadym taýagymyň ujuny batyryp, bal datdym+. Ine men, ölmeli bolsam öldüriň!» diýdi.

44 Şawul bolsa: «Ýonatan, seni öldürmesem, goý, Hudaý maňa has beterini görkezsin»+ diýdi. 45 Emma adamlar: «O diýeniň-ä bolmaz! Näme, indi Ysraýyla ýeňiş getiren Ýonatan ölmelimi?+ Ýehowa diri şaýatdyr, Ýonatanyň saçynyň ýekeje tary hem gaçmaz. Hudaý onuň ähli işini oňuna etdi ahyryn»+ diýdiler. Şeýdip, olar Ýonatany ölümden alyp galdylar.

46 Şawul piliştlileri yzarlamagyny goýdy, olar hem ýurduna dolandy.

47 Şawul Ysraýylda hökümdarlygyny has-da berkidip, daş-töwerekdäki duşmanlar, ýagny mowaplar+, ammonlar+, edomlylar+, piliştliler+ we Soba+ şalary bilen söweşdi. Ol baran ýerinde ýeňiş gazanýardy. 48 Mertlerçe söweşip, amalekleri+ derbi-dagyn etdi we Ysraýyly talaňçylaryň elinden gutardy.

49 Şawulyň Ýonatan, Ýişwi, Mälikşuw+ diýen ogullary we iki gyzy bardy. Uly gyzynyň ady Meýrap+, kiçisiniňki Mihaldy+. 50 Şawulyň aýalynyň ady Aganogamdy, ol Ahymagasyň gyzydy. Şawulyň goşunbaşysy öz agasy Abnurdy+, ol Nuruň ogludy. 51 Kiş+ Şawulyň atasydy, Nur+ Abnuryň atasydy, Abyýel bolsa Nuruň atasydy.

52 Şawul bütin ömrüne piliştliler bilen gazaply söweşleri alyp bardy+. Ol güýçli hem edermen ýigit görse, derrew goşunyna alardy+.

15 Soňra Şamuwel Şawula: «Ýehowa seni ysraýyl halkyna patyşa bellemek üçin, meni ýanyňa iberdi+. Ýehowanyň sözüni diňle+. 2 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Amalekler ysraýyllara eden ýamanlyklary üçin jogap berer. Ysraýyllar Müsürden çykyp gelýärkä, amalekler olaryň üstüne çozdular+. 3 Git-de, amalekleri derbi-dagyn edip+, mal-mülki bilen bütinleý ýok et+. Birine-de haýpyň gelmesin, aýal-erkek, çaga, öküz, goýun, düýe ýa eşek diýmän, baryny gyr“»+ diýdi. 4 Şawul Telaýymda goşuny ýygnap sanady. Ýahudadan 10 000 esger, ysraýylyň galan taýpalaryndan bolsa 200 000 pyýada esger çykdy+.

5 Şawul amalekleriň şäherine ýetip, jülgäniň ýanynda nökerleri bilen bukuda ýatdy. 6 Ol kenlere+: «Amalekler bilen heläk bolmaz ýaly, olaryň ýanyndan aýrylyň+. Ysraýyl halky Müsürden çykyp gelýärkä, siz olara ýagşylyk edipdiňiz*»+ diýdi. Olaram amalekleriň ýanyndan aýryldy. 7 Şawul amalekleri+ Hawyladan+ Müsüriň gabadyndaky Şura+ çenli derbi-dagyn etdi. 8 Ol amalek patyşasy Agagy+ diriligine ele saldy, galanlaryny gylyçdan geçirdi+. 9 Şawul bilen nökerleri dözmezçilik edip, Agagy öldürmediler, maýda mallaryň, sygyrlaryň iň gowusyny, semiz mallary, goçlary we başga-da gowy zatlary ýok etmediler+, diňe derde ýaramaýan zatlary ýok etdiler.

10 Ýehowa Şamuwele: 11 «Şawuly patyşa edenime ökünýärin*, ol sözümi berjaý etmän, ýolumdan sowuldy»+ diýdi. Muny eşidip, Şamuwel gaty gynandy. Ol uzak gije Ýehowany çagyryp, dady-perýat etdi+. 12 Ertesi ir bilen Şawuly görmäge gitjek bolanda, Şamuwele: «Şawul Karmele+ baryp, özüne ýadygärlik oturtdy+, soňam aşak Gilgala gitdi» diýip habar berdiler. 13 Şamuwel baranda, Şawul: «Ýehowa seni ýalkasyn! Men Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdim» diýdi. 14 Şamuwel bolsa: «Gulagyma goýunlaryň, sygyrlaryň sesi eşidilýär-le»+ diýdi. 15 Şawul: «Olary amaleklerden alyp gaýtdyk. Nökerlerim goýunlaryň, sygyrlaryň iň gowusyny öldürmäge dözmedi, olary Ýehowa Hudaýyňa gurbanlyk bermäge getirdik, galanlaryny öldürdik» diýdi. 16 Şonda Şamuwel: «Besdir! Saňa Ýehowanyň öten agşam diýen zadyny aýdaýyn»+ diýdi. Şawul: «Aýdyber!» diýdi.

17 Şamuwel sözüni dowam edip: «Ýehowa seni patyşa belläp+, ysraýyl taýpalaryna baş etdi, şonda özüňi mynasybam görmändiň+. 18 Ýehowa saňa: „Git-de, azgyn amalekleri derbi-dagyn et+. Olaryň üstüne çozup, baryny gyr“+ diýip tabşyrdy. 19 Ýehowanyň sözüne näme üçin gulak asmadyň? Olja göz gyzdyryp+, Ýehowanyň ýigrenýän işini etdiň» diýdi.

20 Şawul bolsa: «Men Ýehowanyň sözüne gulak asdym-a! Ýehowanyň tabşyryşy ýaly gidip, amalek patyşasy Agagy ýesir aldym. Amalekleri derbi-dagyn etdim+. 21 Ýöne adamlar oljadan goýunlaryň, sygyrlaryň iň gowusyny Gilgalda Ýehowa Hudaýyňa gurbanlyk bermäge alyp gaýtdylar»+ diýdi.

22 Şonda Şamuwel: «Ýehowa nämäni has gowy görýändir öýdýäň: ýakma gurbanlyk bilen sadakalarymy+ ýa-da sözüne gulak asmagy? Ýehowa gulak asmak gurbanlykdan gowudyr, Hudaýa tabyn bolmak goçlaryň ýagyndan gowudyr+. 23 Boýnuýogynlyk etmek*+ palçylyk+ ýaly, gopbamsylyk etmek jadygöýlik bilen butparazlyk* ýaly günädir. Sen Ýehowanyň sözüne gulak asmadyň+, şonuň üçin ol hem seni patyşalykdan aýyrýar»+ diýdi.

24 Şawul bolsa: «Men günä etdim, Ýehowanyň tabşyrygyny bozdum, saňa-da gulak asmadym. Adamlardan gorkup, olaryň aýdanyny etdim. 25 Ýalbarýaryn, günämi geç. Ýör, bile yzymyza gaýdaly, men Ýehowa tagzym etjek»+ diýdi. 26 Emma Şamuwel: «Ýok, men seniň bilen gitjek däl, sen Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asmak islemediň, indi Ýehowa-da seniň Ysraýylyň patyşasy bolmagyňy islemeýär»+ diýdi. 27 Şamuwel gitjek bolup yzyna öwrülende, Şawul onuň donunyň etegine ýapyşdy, ýöne don elinden sypyp gitdi. 28 Şonda Şamuwel: «Şu gün Ýehowa Ysraýyl patyşalygyny eliňden gaňryp aldy. Ol patyşalygy senden has gowy birine berer+. 29 Onsoňam, Ysraýylyň Şöhratlysy+ ýalan sözlemez+ ýa pikirini üýtgetmez*. Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir»+ diýdi.

30 Şawul: «Men günä etdim. Ýalbarýaryn, meni ýaşulularyň, halkyň öňünde masgara etme. Ýör, bile yzymyza gaýdaly, Ýehowa Hudaýyňa tagzym edeýin»+ diýdi. 31 Şonda Şamuwel onuň bilen gitdi. Şawul Ýehowa tagzym etdi. 32 Soňra Şamuwel: «Amalek patyşasy Agagy getiriň» diýdi. Agag onuň ýanyna ýaýdana-ýaýdana* bardy, sebäbi ol içinden: «Indi-hä meni öldürmeseler gerek*» diýip otyrdy. 33 Şamuwel Agaga: «Sen gylyjyň bilen eneleri çagalaryndan mahrum etdiň. Indi öz ejeň hem perzendinden mahrum bolup, bagtygara aýal bolsun» diýip, ony Gilgalda Ýehowanyň huzurynda gylyçdan geçirdi+.

34 Soňra Şamuwel Rama gitdi, Şawul bolsa öýüne Gibeýa gaýtdy. 35 Şamuwel galan ömrüne Şawuly görmedi, ol Şawul sebäpli hasrat çekip gezdi+. Ýehowa-da Şawuly Ysraýyla patyşa bellänine ökündi+.

16 Ahyrsoňy Ýehowa Şamuwele: «Sen haçana çenli Şawul sebäpli hasrat çekip ýörjek?+ Şawuly Ysraýyl patyşalygyndan aýyrdym+. Hany, gabyňy* ýagdan doldur-da+, ýola düş. Seni beýtullahamly Ýessäniň+ ýanyna iberjek, Ýessäniň bir ogluny patyşa edip saýladym»+ diýdi. 2 Emma Şamuwel: «Men nädip gideýin? Şawul eşidäýse, meni öldürer ahyryn»+ diýdi. Şonda Ýehowa: «Bir göläni äkit-de: „Ýehowa gurbanlyk bermäge geldim“ diýäý. 3 Gurbanlyk berjek ýeriňe Ýessäni hem çagyr. Näme etmelidigiňi soň aýdaryn. Kimi görkezsem, şony patyşa bellärsiň»+ diýdi.

4 Şamuwel Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Ol Beýtullahama+ baranda, şäheriň ýaşululary gorkup: «Agam, eýgilikmi?» diýip soradylar. 5 Şamuwel: «Hawa, Ýehowa gurbanlyk bermäge geldim. Tämizleniň-de, meniň bilen gurbanlyk bermäge geliň» diýdi. Soňra ol Ýesse bilen ogullaryny tämizläp, mukaddes etdi-de, gurbanlyk beriljek ýere çagyrdy. 6 Olar gelende, Şamuwel Alyýaby+ görüp: «Ine, Ýehowanyň saýlany şu bolmaly» diýdi. 7 Emma Ýehowa: «Onuň boý-syratyna, daýawlygyna seretme+, men ony saýlamadym. Hudaýyň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, Ýehowa ýürege seredýär»+ diýdi. 8 Soňra Ýesse Abynadaby+ Şamuweliň ýanyna getirdi. Ýöne Şamuwel: «Ýehowa muny saýlamady» diýdi. 9 Soňra Ýesse Şammaýy+ getirdi, emma Şamuwel: «Ýehowa muny hem saýlamady» diýdi. 10 Şeýdip, Ýesse Şamuwele ýedi oglunam görkezdi, ýöne ol: «Ýehowa olaryň hiç birini saýlamady» diýdi.

11 Şamuwel Ýesseden: «Başga-da ogluň barmy?» diýip sorady. Ol: «Hawa, körpe oglum bar+, goýun bakyp ýör»+ diýip jogap berdi. Şonda Şamuwel: «Adam iber-de, ony getirt. Gelýänçä, saçak başyna geçmeris» diýdi. 12 Ýesse adam iberip, ogluny getirtdi. Ol saryýagyz*, gözleri owadan, görmegeý oglandy+. Şonda Ýehowa: «Ine meniň saýlanym! Bar, ýag guý-da, ony belle»+ diýdi. 13 Şamuwel ýagly gaby+ alyp, doganlarynyň öňünde Dawudyň başyna ýag guýdy. Şol gün Dawudyň üstüne Ýehowanyň ruhy inip, oňa güýç-kuwwat berip başlady+. Şamuwel bolsa biraz wagtdan Rama gaýtdy+.

14 Ýehowanyň ruhy Şawuldan aýrylypdy+. Ýehowa Şawuly erbet pikirler bilen kösedi*+. 15 Şonda hyzmatkärleri: «Patyşahym, Hudaý sizden elini çekdi. Indi janyňyz rahatlyk tapanok. 16 Goý, hyzmatkärler ussat sazanda tapsyn+. Hudaý sizi ynjalykdan gaçyranda, ol arfada saz çalyp, göwnüňizi açar» diýdiler. 17 Şawul: «Onda gaýrat edip, ökde sazanda tapyp geliň» diýdi.

18 Hyzmatkärleriň biri: «Wiý, ýogsa-da, beýtullahamly Ýessäniň ogly ökde sazanda eken. Ol batyrgaý, gaýduwsyz+, dilewar hem görmegeý ýigit+, Ýehowa-da ony goldaýar»+ diýdi. 19 Şawul Ýessäniň ýanyna adam ýollap: «Çopan ogluň Dawudy bärik iber»+ diýdi. 20 Ýesse çörek bilen bir meşik şeraby, bir owlagy eşege ýükläp, ogly Dawudy Şawulyň ýanyna iberdi. 21 Dawut Şawulyň huzurynda hyzmat edip başlady+. Şawul Dawudy gowy görüp, ýarag göterýän nökeri etdi. 22 Ol Ýessä habar ýollap: «Dawut hyzmatymda galsyn, ol göwnümden turdy» diýdi. 23 Hudaý Şawuly ynjalykdan gaçyranda, Dawut arfasyny alyp, saz çalardy. Şonda Şawulyň ýüregi giňäp, göwni açylardy, erbet pikirleri hem aýrylardy+.

17 Piliştliler+ goşunlaryny jemläp, Ýahudadaky Soko+ şäheriniň golaýyna bardylar. Olar Soko bilen Azekanyň+ aralygyndaky Epes-damimde+ düşelge gurdular. 2 Şawul bilen ysraýyllar hem ýygnanyp, Elah jülgesinde+ düşelge gurdular. Olar piliştlilere gaýtawul bermek üçin nyzama düzüldiler. 3 Piliştliler dagyň bir tarapynda, ysraýyllar beýleki tarapynda durdy, aralarynda jülge bardy.

4 Piliştlileriň düşelgesinden Jalut+ atly bir pälwan çykdy, ol Get+ galasyndandy. Jalutyň boýy alty tirsek bir garyşdy*. 5 Kellesinde mis tuwulgasy, egninde agramy 5 000 şekel* teňňeli mis sowudy bardy+. 6 Aýagyna mis dyzlyk* dakylgydy, arkasynda mis naýza asylgydy+. 7 Elindäki naýzasynyň agaç sapy dokma agajy ýalydy+, ujundaky demriň agramy bolsa 600 şekeldi*. Öňünde galkan göterýän nökeri bardy. 8 Jalut Ysraýyl goşunynyň garşysynda durup+: «Siz nyzama düzülip, söweşe çykan bolýaňyzmy? Men ýaly piliştli pälwanyň ýanynda Şawulyň nökerleri kimmişin?! Hany, araňyzdan birini garşyma çykaryň. 9 Ol meni ýeňse, biz size gul bolarys. Ýöne men ýeňsem, siz bize gul bolarsyňyz» diýip gygyrdy. 10 Soňra ol: «Eý ysraýyllar, siz erkekmi ýa ýok?!+ Hany, kimiň özüne göwni ýetýän bolsa, orta çyksyn, söweşeli!» diýdi.

11 Muny eşiden Şawul bilen ysraýyllar gorkup, howsala düşdüler.

12 Dawut Ýahudanyň Beýtullahamynda+ ýaşaýan efratly+ Ýessäniň+ ogludy. Ýessäniň sekiz ogly bardy+. Şawulyň höküm sürýän döwri Ýesse garry adamdy. 13 Ýessäniň üç uly ogly Şawul bilen söweşe gidipdi+. Uly oglunyň ady Alyýap+, ikinjisiniňki Abynadap+, üçünjisiniňki Şammaýdy+. 14 Dawut körpesidi+, uly ogullarynyň üçüsi Şawulyň ýanyndady.

15 Dawut Şawula hyzmat edýän wagty kakasynyň sürüsini+ bakmak üçin Beýtullahama gelip giderdi. 16 Piliştli Jalut 40 günläp ertirine-agşamyna orta çykyp, ysraýyllaryň garşysynda durardy.

17 Ýesse Dawuda: «Oglum, bir çuwal* gowurga* bilen on çörek al-da, düşelgedäki agalaryňa äkit. 18 Olaryň müňbaşysyna-da on bölek peýnir* äkit. Bar, agalaryňdan habar tutup gel» diýdi. 19 Şol wagt Dawudyň agalary Elah jülgesinde+ piliştliler+ bilen söweşýän Şawulyň we ysraýyllaryň ýanyndady.

20 Dawut ir bilen turup, goýunlaryny birine tabşyrdy-da, gerek zatlaryny alyp, kakasy Ýessäniň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Düşelgä baranda, esgerler batly gygyryşyp, söweş meýdanyna çykyp barýardy. 21 Ysraýyllar bilen piliştliler hatara düzülip, bir-biriniň garşysynda durdular. 22 Dawut zatlaryny garawula berip, ylgap söweş meýdanyna bardy-da, doganlarynyň hal-ýagdaýyny sorady+.

23 Dawut olar bilen gepleşip durka, Get galasyndan Jalut+ pälwan piliştlileriň düşelgesinden çykyp, ýene öňki aýdanlaryny gaýtalady+, Dawudam muny eşitdi. 24 Jaluty gören ysraýyllar gorkup gaçdylar+. 25 Olar biri-birlerine: «Serediň, ol orta çykyp, Ysraýylyň üstünden gülýär+. Jaluty öldürene patyşa ummasyz baýlyk bilen gyzyny+ berjekmiş, atasynyň hojalygynam Ysraýylda salgytdan, goşun gullugyndan boşatjakmyş» diýişdiler.

26 Dawut ýanynda duranlara: «Piliştlini öldürip, Ysraýylyň ar-namysyny gorana nähili sylag-serpaý beriljek diýdiňiz? Beýik Biribaryň goşunyna haýbat atar ýaly, sünnetsiz piliştli kimmişin?!»+ diýdi. 27 Şonda adamlar: «Piliştlini öldürene şu zatlar berler» diýip, öňki aýdanlaryny gaýtaladylar. 28 Uly agasy Alyýap+ Dawudyň esgerler bilen gepleşip duranyna gaharlandy. Ol Dawuda: «Sen bärde näme işläp ýörsüň? Öňem-ä sanlyja goýnumyz bar, olary çölde kime taşlap gaýtdyň?+ Bilýärin, sen gopbamsy, niýetiň düzüw däl, bärik uruş görmäge gelensiň» diýdi. 29 Dawut bolsa: «Men näme etdim? Indi sorag bermegem bolanokmy?» diýdi. 30 Ol öwrülip, öňki soran zatlaryny başga birinden sorap başlady+, esgerlerem şol bir jogaby berdiler+.

31 Dawudyň aýdanlaryny eşidenler gidip, Şawula habar berdiler. Şawul adam iberip, ony getirtdi. 32 Dawut Şawula: «Hiç kim piliştliden gorkmasyn. Patyşahym, onuň bilen özüm söweşerin»+ diýdi. 33 Emma Şawul: «Sen piliştli bilen söweşerden ýaş+. Ol bolsa ýaşlygyndan urşa öwrenişen adam» diýdi. 34 Şonda Dawut: «Patyşahym, kakamyň sürüsini bakyp ýörkäm, bir gezeg-ä ýolbars+, bir gezegem aýy gelip, goýnumy äkitdi. 35 Men yzyndan ýetip, ony pylçap urdum-da, goýnumy agzyndan aldym. Üstüme topulanda, äňinden* tutup, ýere pylçadym-da, öldürdim. 36 Guluňyz ýolbars bilen aýyny öldürdi. Sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, sebäbi ol Biribaryň goşunyna dil ýetirýär»+ diýdi. 37 Soňra ol: «Meni ýolbars bilen aýynyň penjesinden halas eden Ýehowa piliştliniň elindenem halas eder»+ diýdi. Şonda Şawul: «Bolýar, bar, Ýehowa Hudaý ýaryň bolsun!» diýdi.

38 Şawul Dawuda öz söweş ýaraglaryny dakyp, kellesine mis tuwulga, egnine sowut geýdirdi. 39 Dawut gylyjynam dakynyp, eýläk-beýläk ýörejek boldy, ýöne gymyldap bilmedi. Ol beýle ýaraglary öň dakynyp görmändi. Ol Şawula: «Beýle zatlary dakyp görmämsoň, gymyldabam bilemok» diýip, olary çykardy. 40 Soňra çopan taýagyny alyp, çeşmäniň boýuna bardy-da, bäş sany ýylmanak daş saýlap, torbasyna saldy. Sapanyny*+ alyp, piliştli Jaluta tarap ýöräp başlady.

41 Jalut galkan göterýän nökeri bilen Dawuda golaýlaşyp gelýärdi. 42 Ol Dawudyň saryýagyz, görmegeý, ýaşajyk oglandygyny görüp, göwnüýetmezçilik bilen seretdi+. 43 Ol Dawuda: «Üstüme taýakly geler ýaly, men näme, itmi?»+ diýip, taňrylarynyň ady bilen sögdi. 44 Soňra: «Hany, gel bakaly, maslygyňy guşlara, ýyrtyjylara şam edeýin!» diýip gygyrdy.

45 Şonda Dawut: «Sen üstüme gylyçly, iki naýzaly gelýäň+, men bolsa Serkerdebaşy Ýehowanyň ady bilen barýaryn+. Sen Ysraýyl goşunynyň Hudaýyna dil ýetirdiň+. 46 Häzir Ýehowa seni elime berer+. Men seni öldürip, kelläňi alaryn. Piliştli esgerleriň maslygyny guşlara, ýyrtyjylara şam ederin. Şonda bütin ýer ýüzi Ysraýylyň hak Hudaýy barada eşider+. 47 Söweş meýdanyna gelenleriň bary Ýehowanyň gylyçsyzam, naýzasyzam halas edip bilýändigini görer+. Söweşde ýeňiş berýän Ýehowadyr+, ol sizi elimize berer»+ diýdi.

48 Piliştli Jalut öňe ýöräp, Dawuda has golaýlaşdy. Dawut hem hüjüme geçip, duşman goşunyna tarap okduryldy. 49 Ol torbasyndan daş çykardy-da, sapanyna salyp, aýlap zyňdy. Dawudyň zyňan daşy piliştliniň göni maňlaýyndan degdi. Daş Jalutyň maňlaýyna çümdi, ol ýüzinligine ýere ýazyldy+. 50 Şeýdip, Dawut piliştli Jaluty ýeňdi. Ol gylyçsyz bolsa-da, sapany bilen bir daşda piliştlini öldürdi+. 51 Dawut ylgap, Jalutyň ýanyna bardy. Jalut diri galmaz ýaly, onuň gylyjyny+ gynyndan çykardy-da, kellesini aldy. Jalut pälwanyň ölendigini görüp, piliştliler gaçdylar+.

52 Ysraýyl bilen Ýahuda esgerleri batly gygyryşyp, piliştlileri jülgeden+ Ekronyň+ derwezesine çenli kowaladylar. Şaraýymdan+ tä Get bilen Ekrona çenli aralyk piliştlileriň jesedinden doldy. 53 Piliştlileri kowalan ysraýyllar yzyna gelip, olaryň düşelgesini taladylar.

54 Dawut piliştli Jalutyň kellesini alyp, Iýerusalime getirdi, ýaraglaryny bolsa öz çadyrynda goýdy+.

55 Şawul Dawudyň piliştli Jalut bilen söweşe çykanyny görende, goşunbaşysy Abnurdan+: «Abnur, bu kimiň ogly?»+ diýip sorady. Abnur: «Patyşahym, dogrymy aýtsam*, men-ä bilemok» diýip jogap berdi. 56 Şonda patyşa: «Kimiň ogludygyny anykla» diýdi. 57 Dawut piliştlini öldürip gelen badyna, Abnur ony Şawulyň ýanyna eltdi. Dawudyň elinde piliştliniň kellesi+ bardy. 58 Şawul: «Ýigit, sen kimiň ogly?» diýip sorady. Ol hem: «Beýtullahamly+ guluňyz Ýessäniň ogly»+ diýip jogap berdi.

18 Dawudyň Şawula aýdan sözlerini eşidip, Ýonatan+ ony juda gowy gördi. Ýonatan Dawut bilen jana-jan dost boldy+. 2 Şawul hem Dawudy öýüne goýbermän, ýanynda alyp galdy+. 3 Ýonatan Dawudy janyndan hem eziz görüp+, onuň bilen äht baglaşdy+. 4 Ol egnindäki donuny* çykaryp, Dawuda berdi, ýaraglaryny, gylyjyny, ýaýyny, guşagyny-da berdi. 5 Dawut söweşlere gatnaşyp başlady. Şawul nirä iberse-de, Dawudyň edeni ugruna bolýardy*+. Şonuň üçin Şawul ony batyr ýigitlerine baş edip goýdy+. Şawulyň nökerleri-de, tutuş halk-da muny halady.

6 Dawut esgerleri bilen piliştlileri derbi-dagyn edip gelende, Ysraýylyň ähli şäherlerinden gelin-gyzlar çykyp, deprek+, tanbur* çalyp, aýdym aýdyp+, tans edip, şatlyk-şowhun bilen Şawul patyşany garşylardylar. 7 Olar ýeňşiň şanyna aýdym aýdyp:

«Şawul müňüsini öldürdi,

Dawut on müňüsini»+

diýerdiler. 8 Şawul aýdymy halaman, gaty gaharlandy+. Ol içinden: «Görsene, men bary-ýogy müňüsini, Dawut bolsa on müňüsini ýeňipmiş. Indi Dawuda diňe tagty beräýmek galdy!»+ diýdi. 9 Şondan soň Şawul Dawuda müňkürlik edip başlady.

10 Ertesi gün Hudaý Şawuly ynjalykdan gaçyrdy*+. Ol öýde özüni birhili alyp barýardy*. Şol wagt Dawut hemişekisi ýaly, arfada saz çalyp otyrdy+. Şawulyň elinde naýza bardy+. 11 Ol içinden: «Dawudy diwara çüýläýin-le!» diýip, iki gezek naýza zyňdy+. Emma Dawut sowlup ýetişdi. 12 Ýehowa Dawudy goldaýardy+, Şawuldan bolsa ýüz öwrüpdi+, şonuň üçin Şawul Dawutdan gorkýardy. 13 Şawul Dawudy ýanyndan aýryp, müňbaşy etdi. Dawut goşuna baş bolup, söweşe çykardy+. 14 Ýehowa Dawudy goldaýardy+, şonuň üçin edeni ugruna bolýardy+. 15 Şawul Dawudyň ähli işiniň oňuna bolýanyny görüp, has-da gorkdy. 16 Tutuş Ysraýyl we Ýahuda ilaty Dawudy gowy görýärdi, sebäbi ol söweşlerde goşunyň öňüni çekerdi.

17 Şawul Dawuda: «Saňa uly gyzym Meýraby bereýin+. Hyzmatymda durup, Ýehowa üçin mertlerçe söweşseň bolýar»+ diýdi. Sebäbi Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün»+ diýip pikir edýärdi. 18 Dawut bolsa: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kimmişim? Dogan-garyndaşlarym, atamyň hojalygy Ysraýylda kim bolupdyr?»+ diýdi. 19 Emma Meýraby Dawuda bermeli wagty gelende, Şawul gyzyny eýýäm meholaly Adryýele+ durmuşa çykaran eken.

20 Şawulyň Mihal+ atly gyzy Dawudy gowy görýärdi. Şawul muny eşidip, juda begendi. 21 Ol: «Şu gyzymy bersem, Dawudy duzaga düşürip, piliştlileriň elinden öldürerin»+ diýip pikir etdi. Şawul Dawuda ýene-de: «Gel, garyndaşlyk açaly» diýdi. 22 Soňra ol hyzmatkärlerine: «Bilmediksirän bolup, Dawut bilen gepleşiň-de: „Patyşanyň saňa göwni ýetýär, emeldarlary hem seni gowy görýär. Patyşanyň gyzyna öýlenseň gowy bolar“ diýiň» diýip tabşyrdy. 23 Hyzmatkärler muny Dawuda aýdanlarynda, ol: «Şa gyzyna öýlenmek aňsatdyr öýdýäňizmi? Meniň üýşüp ýatan baýlygym ýok, özümem at-abraýly däl»+ diýdi. 24 Olar hem Dawudyň aýdanlaryny Şawula ýetirdiler.

25 Muny eşiden Şawul şeýle buýruk berdi: «Gidiň-de, Dawuda: „Patyşa senden galyň soranok+. Ol duşmanlaryndan ar almak üçin, 100 piliştlini sünnetläp+, pürçügini getirmegiňi isleýär“ diýiň». Aslynda, Şawul Dawudy piliştlileriň elinden öldürjek bolýardy. 26 Hyzmatkärler patyşanyň aýdanlaryny Dawuda habar berdiler. Dawut hem şanyň giýewsi+ bolanyny kem görmedi. Şonuň üçin ol heniz berlen möhlet dolmanka, 27 esgerleri bilen gidip, 200 piliştlini öldürdi. Şa gyzyna öýlenmek üçin, pürçükleri patyşa getirip berdi. Şawul hem gyzy Mihaly Dawuda durmuşa çykardy+. 28 Şawul Ýehowanyň Dawudy goldaýandygyna+, gyzy Mihalyň hem ony juda gowy görýändigine düşündi+. 29 Şonda ol Dawutdan has-da gorkup başlady. Şawul bütin ömrüne Dawuda duşman boldy+.

30 Piliştli hanlar Ysraýyla häli-şindi çozardy. Her gezek Şawulyň beýleki hyzmatkärlerine garanyňda, Dawut köp üstünlik gazanardy+. Il içinde Dawudyň abraýy gitdigiçe artýardy+.

19 Soňra Şawul ogly Ýonatana we emeldarlaryna Dawudy öldürjekdigini aýtdy+. 2 Şawulyň ogly Ýonatan Dawudy juda gowy görýärdi+. Ol Dawuda: «Kakam seni öldürjek bolýar. Seresap bol, ertir irden bir çola ýere git-de, gizlen. 3 Men kakam bilen şol töwereklere baryp, sen hakda gepleşip göreýin. Bir zat bildigim, hökman habar ederin»+ diýdi.

4 Ýonatan kakasynyň ýanynda Dawudy öwüp+, şeýle diýdi: «Şa hezretleri, guluň Dawuda ýamanlyk etme, sebäbi Dawutdan hiç hili ýamanlyk görmediň. Ol elinden gelse, saňa diňe ýagşylyk etdi. 5 Janyny orta goýup, piliştli pälwany öldürdi+. Şonda Ýehowa Ysraýyla uly ýeňiş beripdi, senem muňa begenipdiň. Indi sebäpsiz ýere Dawudy öldürip, bigünä adamyň ganyna galjak bolýaňmy?»+ 6 Şawul ogluny diňläp: «Ýehowa diri şaýatdyr, Dawudy öldürmerin» diýip ant içdi. 7 Ýonatan Dawudy çagyryp, bolan zatlary gürrüň berdi. Soňra Dawudy Şawulyň ýanyna äkitdi. Dawut ýene-de patyşa hyzmat edip başlady+.

8 Birnäçe wagtdan ýene uruş turdy. Dawut piliştliler bilen söweşip, olary derbi-dagyn etdi, diri galanlary bolsa gaçyp gitdi.

9 Bir gün Ýehowa Şawuly ynjalykdan gaçyrdy*+. Şol wagt Şawul öýünde eli naýzaly otyrdy+, Dawut bolsa arfa çalýardy. 10 Şawul naýzasyny zyňyp, Dawudy diwara çüýlejek boldy, emma ol sowlup ýetişdi, naýza-da diwara çümdi. Dawut şol gije gaçyp, başyny gutardy. 11 Şawul nökerlerini iberip, Dawudyň öýüni garawullamagy we irden öldürmegi tabşyrdy+. Aýaly Mihal Dawuda: «Şu gije başyňy gutarmasaň, ertir seni öldürerler» diýdi. 12 Ol Dawudy penjireden aşak düşürip, gaçyryp goýberdi. 13 Soňra bir buty* düşekde goýdy-da, kelle tarapyna geçi ýüňünden ýapynja goýup, üstüne eşik ýapdy.

14 Şawul nökerlerine Dawudy tutup getirmegi buýurdy. Emma Mihal olara: «Ol syrkaw ýatyr» diýip goýberdi. 15 Şawul nökerlerini ýene-de Dawudyň ýanyna iberip: «Düşekde ýatan bolsa-da, alyp gaýdyň! Onuň damagyny çalaryn!»+ diýdi. 16 Baryp görseler, düşege bir but salnypdyr, kelle tarapyna-da geçi ýüňünden ýapynja goýlan eken. 17 Şawul Mihala: «Meni aldap, duşmanymy+ näme üçin gaçyryp goýberdiň?» diýdi. Mihal bolsa: «Dawut maňa: „Eger goýbermeseň, öldürerin“ diýdi» diýip jogap berdi.

18 Dawut gaçyp, başyny gutardy. Ol Rama+ Şamuweliň ýanyna baryp, Şawulyň eden zatlaryny gürrüň berdi. Soňra Şamuwel ikisi gidip, Naýotda+ ýaşadylar. 19 Biraz wagtdan Şawula: «Dawut Ramadaky Naýotda ýaşap ýör» diýip habar berdiler. 20 Ol Dawudy ele salmak üçin nökerlerini iberdi. Şawulyň nökerleri pygamberlik edýän ýaşululara duşdular. Olara Şamuwel baştutanlyk edýän eken. Şonda nökerlere-de Hudaýyň ruhy inip, özlerini pygamber ýaly alyp bardylar.

21 Muny Şawula habar berenlerinde, ol dessine başga nökerleri iberdi. Ýöne olaram özlerini pygamber ýaly alyp bardylar. Ol üçünji gezek nökerlerini iberdi, olaram özlerini pygamber ýaly alyp bardylar. 22 Ahyrsoňy Şawulyň özi Rama gitdi. Sekuwdaky uly howdana ýetip: «Şamuwel bilen Dawut nirede?» diýip soranda, adamlar: «Ramadaky Naýotda»+ diýdiler. 23 Ramadaky Naýota barýarka, Şawula-da Hudaýyň ruhy indi. Ol Naýota ýetýänçä, özüni pygamber ýaly alyp bardy. 24 Şawul hem beýlekiler ýaly egin-eşigini çykaryp, Şamuweliň öňünde özüni pygamber ýaly alyp bardy. Şol gün ol gijesi bilen ýarym-ýalaňaç bolup* ýatdy. «Şawulam pygamber bolupdyrmy?»+ diýen sözler şondan galypdy.

20 Dawut Ramadaky Naýotdan gaçyp gitdi. Ol Ýonatanyň ýanyna baryp: «Men näme etdimkäm?+ Meniň näme günäm bar? Kakaň beýdip kastyma çykar ýaly, menden näme ýamanlyk gördükä?» diýdi. 2 Şonda Ýonatan: «Diýýäniň näme?!+ Seni hiç kim öldürmez. Kakam maňa aýtman, hiç zat etmez. Ol etjek işini menden näme üçin gizlesin? Ol beýle zat etmez!» diýdi. 3 Dawut bolsa ant içip: «Kakaň seniň meni gowy görýändigiňi bilýär+. Şonuň üçin ol: „Ýonatana aýtsam, gynanar“ diýýändir. Beýik Biribar Ýehowadan we seniň janyňdan ant içýärin, şu wagt men ölümiň bäri ýanynda durun!»+ diýdi.

4 Şonda Ýonatan: «Hany aýt, seniň üçin näme edeýin?» diýdi. 5 Dawut: «Ertir Täze aý baýramy+, men patyşa bilen bir saçakda oturmaly. Şäherden gideýin-de, birigün agşama çenli gizleneýin. 6 Kakaň meni sorasa: „Dawut Beýtullahama+ baryp gaýdaýyn diýip, menden rugsat sorady. Öýündäkiler her ýyl gurbanlyk berýän eken“+ diýäý. 7 Eger ol: „Dogry edipdir“ diýse, başymdan belanyň sowuldygydyr. Gaharlanaýsa welin, meni öldürjegi çyndyr. 8 Sen maňa* wepaly bol*+, ikimiz Ýehowanyň öňünde äht baglaşypdyk+. Eger günäm bar bolsa+, meni kakaň ýanyna eltip oturma-da, öz eliň bilen öldüräý!» diýdi.

9 Ýonatan bolsa: «Diýýäniň näme?! Heý, men saňa şeýdip bilerinmi?! Kakamyň seni öldürjegini bilsem, hökman duýduraryn»+ diýdi. 10 Dawut: «Eger kakaň gaharly jogap berse, maňa kim habar eder?» diýdi. 11 Ýonatan: «Ýör, şäheriň daşyna çykaly» diýdi. Şeýdip, olar şäheriň daşyna çykdylar. 12 Şonda Ýonatan: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şaýat bolsun, ertir ýa birigün kakam bilen gepleşerin. Hiç hili erbet niýeti ýok bolsa, ýanyňa adam iberip, habar ederin. 13 Ýöne kakam seni öldürmegiň küýüne düşen bolsa, hökman duýduraryn. Seni sag-salamat ýola salmasam, Ýehowa maňa* has beterini görkezsin. Kakamy goldan Ýehowa seni-de goldasyn+. 14 Ýöne sen maňa diňe dirikäm däl, ölenimden soňam Ýehowa ýaly wepaly bol*+. 15 Ýehowa duşmanlaryňy ýer ýüzünden bütinleý ýok edende-de, hojalygyma wepaly söýgiň* sönmesin»+ diýdi. 16 Soňra ol: «Ýehowa Dawudyň duşmanlaryndan hasap sorap, jezasyny berer» diýdi-de, Dawudyň hojalygy bilen äht baglaşdy. 17 Dostlugyny berkitmek üçin Dawuda ýene-de ant içirdi, sebäbi Ýonatan Dawudy janyndan hem eziz görýärdi+.

18 Soňra Ýonatan: «Ertir Täze aý baýramy+, ýeriň boş dursa, ýoklugyňy bilerler. 19 Birigünem görünmeseň, sorap başlarlar. Sen öňki gizlenen ýeriňe gel-de, hol daşyň ýanynda garaş. 20 Men nyşana alan kişi bolup, şol daşa tarap üç gezek ok ataryn-da, 21 hyzmatkärime: „Oklary tapyp gel“ diýerin. Eger: „Oklar, hanha, gapdalyňda ýatyr, olary getir“ diýsem, arkaýyn çyk, hemme zat gül ýalydyr. Ýehowa diri şaýatdyr, saňa hiç hili howp abanmaz. 22 Ýöne şol hyzmatkäre: „Oklar aňyrrakda“ diýsem, gaçgyn, diýmek, Ýehowa seniň bärden gitmegiňi isleýändir. 23 Goý, ähtimize+ Ýehowa ebedilik şaýat bolsun»+ diýdi.

24 Şeýlelikde, Dawut şäheriň daşynda gizlendi. Täze aý baýramynda patyşa saçak başyna geçip, öz ýerinde oturdy+. 25 Ol hemişekisi ýaly diwaryň golaýynda, Ýonatan bolsa garşysynda oturdy. Şawulyň gapdalynda Abnur+ oturdy, Dawudyň ýeri bolsa boşdy. 26 Şol gün Şawul sesini çykarmady, ol öz ýanyndan: «Ol bir zat sebäpli haram bolandyr, tämizlenen däldir»+ diýip pikir etdi. 27 Baýramçylygyň ertesi günem Dawudyň ýeri boşdy. Şawul ogly Ýonatana: «Ýessäniň+ ogly iki günden bäri nahara gelenok-la» diýdi. 28 Ýonatan: «Dawut Beýtullahama baryp gaýdaýyn diýip rugsat sorady+. 29 Ol: „Öýdäkiler şäherde gurbanlyk berjek bolýar, agam çagyrypdyr. Gidip gelsem bolmazmy? Rugsat berseň, doganlarymy görüp gaýdaýyn“ diýdi. Şonuň üçin ol patyşanyň saçagyna gelmedi» diýip jogap berdi. 30 Şawulyň Ýonatana gahary gelip: «Haý, sen başyna giden ogul diýsäni! Ýessäniň oglunyň tarapyny tutýanyňy bilmeýändirin öýdýäňmi? Bolşuň şu bolsa, özüňi-de, eneňi-de utanja goýarsyň. 31 Ýessäniň ogly diri gezip ýörse, saňa-da gün bermez, patyşalygyňam uzak durmaz+. Häziriň özünde adam iberip, ony getirt. Dawudyň başy ölümlidir»+ diýdi.

32 Ýonatan kakasyna: «Öldürer ýaly, ol saňa näme etdi?»+ diýdi. 33 Şawul bolsa naýzasyny Ýonatana zyňyp goýberdi+. Şonda Ýonatan kakasynyň Dawudy öldürmegi berk ýüregine düwendigine düşündi+. 34 Ýonatan gaharyna saçak başyndan turup gitdi. Ol Dawudyň düşen ýagdaýyna we kakasynyň kemsitmelerine gynanyp, şol gün hiç zat iýmedi+.

35 Ertesi irden Ýonatan bir hyzmatkärini ýanyna alyp, Dawut bilen gepleşen ýerine gitdi+. 36 Ol hyzmatkärine: «Ylga-da, atan oklarymy tapyp gel» diýdi. Oglan ylgap gitdi welin, Ýonatan peýkamy aňyrraga düşer ýaly edip atdy. 37 Hyzmatkär okuň düşen ýerine baranda, Ýonatan: «Hanha, aňyrrakda» diýip gygyrdy. 38 Soňra ol: «Basym bol! Ylga çaltrak, eglenme!» diýip gygyrdy. Ol hem oklary çöpläp getirdi. 39 Hyzmatkär hiç zatdan habarsyzdy. Bolýan zatlara diňe Ýonatan bilen Dawut düşünýärdi. 40 Ýonatan ýaraglaryny hyzmatkärine berip: «Bar, şähere äkit» diýdi.

41 Hyzmatkär gidende, Dawut gizlenen ýerinden çykdy-da, ýüzüni ýere berip, üç gezek tagzym etdi. Olar bir-birini gujaklap* aglaşdylar, Dawut has köp aglady. 42 Ýonatan Dawuda: «Ikimiz: „Goý, Ýehowa biziň we nesillerimiziň arasynda ebedilik şaýat bolsun!“ diýip, Ýehowanyň adyndan ant içipdik. Bar, ýoluň ak bolsun!»+ diýdi.

Dawut ýola düşdi, Ýonatan bolsa şähere gaýtdy.

21 Biraz wagtdan Dawut Nob+ galasyna Agamälik ruhanynyň ýanyna bardy. Dawudy gören Agamälik gorkup: «Ýeke gelipsiň-le, ýanyňda adam ýokmy?»+ diýdi. 2 Dawut: «Patyşa maňa bir ýumuş tabşyrdy. „Näme iş bilen iberýänimi, nähili tabşyryk berýänimi hiç kime aýtma“ diýdi. Şonuň üçin nökerlerime başga ýerde görşeris diýdim. 3 Gaýrat edip, bäş çörek ýa-da iýere nämäň bolsa ber» diýdi. 4 Ruhany: «Mukaddes çörekden+ başga zad-a ýok. Nökerleriň aýala ýanaşmadyk* bolsa bereýin»+ diýdi. 5 Şonda Dawut: «Öňki söweşlerde bolşy ýaly, bu gezegem hiç kim aýala ýanaşmady+. Eger nökerlerim adaty söweşlerde özüni arassa saklaýan bolsa, munuň ýaly wajyp günde has arassa bolmazmy?!» diýdi. 6 Şonda ruhany Dawuda mukaddes çörekleri+ berdi, sebäbi başga çörek ýokdy. Şol gün Ýehowanyň huzuryndaky hödür çörekleri aýryp, ýerine gyzgyn çörekleri goýupdylar.

7 Şawulyň bir hyzmatkäri hem şol gün Ýehowanyň huzuryna barypdy. Ol Şawulyň baş çopany, edomly+ Döwekdi+.

8 Dawut Agamälige: «Bärde naýza ýa gylyç ýokmy? Patyşanyň ýumşy gyssagly bolansoň, ne gylyç, ne-de ýarag alypdyryn» diýdi. 9 Ruhany: «Elah jülgesinde+ öldüren piliştli Jalutyň+ gylyj-a bar. Hanha, öňlügiň*+ aňyrsynda mata dolangy dur. Gerek bolsa, şony alaý, başga ýarag ýok» diýdi. Dawudam: «Hä, ol-a gowy gylyç bolmaly, şony beräý» diýdi.

10 Şol gün Dawut Şawuldan gaçyp+, Get+ galasynyň hany Akyşyň ýanyna bardy. 11 Akyş hanyň hyzmatkärleri: «Ol Ysraýylyň patyşasy Dawut dälmi? Gelin-gyzlar:

„Şawul müňüsini öldürdi,

Dawut on müňüsini“

diýip, şanyna aýdym aýdyp, tans edipdi»+ diýdiler. 12 Muny eşiden Dawut Get hany Akyşdan gorkup+, howsala düşdi. 13 Ol kemakylsyrap+, özüni däli ýaly alyp bardy. Ol agzyndan gyllygyny akdyryp, derwezä bir zatlar çyzyşdyran boldy. 14 Şonda Akyş han hyzmatkärlerine: «Serediň, ol däli ahyryn! Näme üçin getirdiňiz? 15 Öňem-ä dälimiz ýetik, indi muňa-da tomaşa et diýýäňizmi? Heý, beýle adamy öýe salyp bolarmy?» diýdi.

22 Dawut ol ýerden gaýdyp+, Adullam gowagynda gizlendi+. Doganlary we tutuş maşgalasy muny eşidip, Dawudyň ýanyna geldiler. 2 Gaýgy-aladadan, bergiden ýadan we durmuşdan doýan adamlar Dawudyň ýanyna ýygnandy. Dawut olara baş boldy. Olar 400-e golaý adamdy.

3 Soňra Dawut Mowapda ýerleşýän Mispa gidip, Mowap patyşasyna+: «Hudaý ýolumy açýança, enem-atam siziň ýanyňyzda ýaşaýsyn» diýdi. 4 Şeýdip, ol ene-atasyny Mowap patyşasynyň ýanynda goýup gaýtdy. Dawut gowakda gizlenýärkä, ene-atasy Mowapda ýaşady+.

5 Birnäçe wagtdan Gad pygamber+ Dawuda: «Gowakda ýaşap ýörme-de, Ýahuda+ git» diýdi. Şonda Dawut Heret tokaýyna gitdi.

6 Şawul Dawut bilen adamlarynyň bolýan ýerini bildi. Şol wagt ol nökerlerini daşyna üýşürip, Gibeýadaky+ depede ýylgynyň aşagynda otyrdy, elinde-de naýzasy bardy. 7 Şawul olara: «Eý benýaminler, sözüme gulak asyň. Ýessäniň+ ogly size mellek, üzümlik berip, müňbaşy, ýüzbaşy edip bellär öýdýäňizmi?+ 8 Baryňyz maňa garşy dil düwşüpsiňiz! Bagrymdan önen oglumyň Ýessäniň ogly bilen äht baglaşanyny bilseňizem aýtmansyňyz+. Maňa hiç kimiň ýüregi awanok. Oglum hyzmatkärimi maňa garşy öjükdiripdir, emma muny duýduran adam bolmady. Ol bolsa indi meniň kastyma çykyp ýör» diýdi.

9 Şonda Şawulyň hyzmatkärleriniň baştutany edomly Döwek+: «Ýessäniň ogluny Nobda gördüm. Ol Ahytubyň+ ogly Agamäligiň ýanyna bardy. 10 Agamälik Dawut üçin Ýehowa dileg edip, soňra iýip-içer ýaly zat berdi. Piliştli Jalutyň gylyjynam berip goýberdi»+ diýdi. 11 Patyşa dessine Nob galasyna adam iberip, Ahytubyň ogly Agamälik ruhanyny we atasynyň hojalygyndaky ähli ruhanylary getirtdi. Olar patyşanyň huzuryna gelip durdular.

12 Şawul: «Eý Ahytubyň ogly, aýtjak zatlarymy diňle!» diýdi. Ol: «Diňleýärin, hökümdarym» diýip jogap berdi. 13 Şawul: «Näme üçin Ýessäniň ogly bilen maňa garşy dil düwşüpsiň? Oňa çörek, gylyç beripsiň, onuň üçin Hudaýa dilegem edipsiň. Ol maňa garşy baş göterip, kastyma çykyp ýör» diýdi. 14 Şonda Agamälik: «Patyşahym, hyzmatkärleriň arasynda Dawut ýaly ynamdar adam barmy?+ Ol şanyň giýewsi+, garawullaryň baştutany, hojalygyňda sylanýan adam+. 15 Men öňem Dawut üçin Hudaýa dileg edýärdim-ä+. Saňa garşy dil düwüşmek pikirimde-de ýokdy! Patyşahym, guluňy, atamyň hojalygyny aýyplama. Guluň hiç zatdan habary ýokdy»+ diýdi.

16 Patyşa bolsa: «Agamälik, seniň bilen ataň hojalygynyň+ jezasy ölümdir!»+ diýdi. 17 Soňra patyşa nökerlerine: «Ýehowanyň ruhanylaryny öldüriň! Sebäbi olar Dawuda goşuldy, gaçanyny bilselerem, maňa aýtmadylar» diýdi. Emma nökerleriň hiç biriniň Ýehowanyň ruhanylaryny öldürmäge eli barmady. 18 Şonda patyşa Döwege+: «Ruhanylary sen öldür!» diýdi. Edomly+ Döwek dessine olary öldürip başlady. Şol gün ol zygyr* matadan öňlük* geýýän 85 ruhanyny öldürdi+. 19 Soňra ruhanylaryň ýaşaýan Nob şäherindäki+ ähli erkekleri, aýallary we çagalary gylyçdan geçirdi. Öküzleri, eşekleri, goýunlary-da gyrdy.

20 Ahytubyň agtygy, Agamäligiň ogly Abyýatar+ Dawudyň ýanyna gaçyp, başyny gutardy. 21 Ol Dawuda: «Şawul Ýehowanyň ruhanylaryny öldürdi» diýip habar berdi. 22 Şonda Dawut: «Şol gün+ edomly Döwegi görenimde, Şawula ýetirjegini bilýärdim-le. Wah, men seniň ataň öý-içerisiniň ölümine sebäp boldum. 23 Ýöne gorkma, ýanymda gal. Seniň kastyňa çykanlar, meniň kastyma çykandyr, seni goraryn»+ diýdi.

23 Birnäçe wagtdan Dawuda: «Piliştliler Kegila+ çozup, harmanlary talap ýör» diýen habar geldi. 2 Dawut Ýehowadan+: «Piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Ýehowa: «Hawa, olary gyr-da, Kegilany halas et» diýip jogap berdi. 3 Emma Dawudyň nökerleri: «Şu wagt gorkudan ýaňa Ýahudada+ zordan otyrys. Kegila baryp, piliştliler bilen nädip söweşeli?!»+ diýdiler. 4 Şonda Dawut Ýehowadan ýene-de sorap gördi+. Ýehowa: «Bar, Kegila git, piliştlileri eliňe bererin»+ diýdi. 5 Dawut nökerleri bilen Kegila gidip, piliştlileri derbi-dagyn etdi-de, mallaryny alyp gaýtdy. Şeýdip, ol Kegila+ ilatyny halas etdi.

6 Agamäligiň ogly Abyýatar+ Kegila, Dawudyň ýanyna gaçyp bardy, ol öňlügi* hem äkidipdi. 7 Şawula: «Dawut Kegila geldi» diýip habar berdiler. Şonda ol: «Hudaý Dawudy elime berdi+, ol derwezeli we gulply şähere girip, özüni tora düşüripdir» diýdi. 8 Şawul esgerlerini ýygnap, Dawut bilen nökerlerini ele salmak üçin Kegila gitdi. 9 Dawut Şawulyň hile guranyny bilip, Abyýatar ruhana: «Öňlügi getir»+ diýdi. 10 Soňra ol: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, Şawul Kegila gelip, şäheri men sebäpli weýran etjekmiş+. 11 Kegilanyň baştutanlary* meni Şawulyň eline berermi? Eşidişim ýaly, Şawul bärik gelermi? Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, ýalbarýaryn, guluňa jogap ber» diýdi. Ýehowa: «Hawa, geler» diýip jogap berdi. 12 Şonda Dawut: «Kegilanyň baştutanlary meni adamlarym bilen Şawulyň eline berermi?» diýip sorady. Ýehowa: «Hawa, berer» diýip jogap berdi.

13 Dawut haýal etmän 600-e golaý adamy+ bilen Kegiladan çykyp, howpsuz ýere gaçdy. Şawul Dawudyň gaçanyny eşidip, Kegila gitmedi. 14 Dawut Zip+ çölündäki daglarda, barmasy kyn ýerlerde bolýardy. Şawul Dawudy näçe yzarlasa-da+, Ýehowa ony Şawulyň eline bermeýärdi. 15 Dawut Horeşiň Zip çölünde bolýan wagty hem Şawulyň öldürjek bolýandygyny eşitdi*.

16 Şawulyň ogly Ýonatan Horeşe, Dawudyň ýanyna bardy. Ol Dawudy ruhlandyryp, Ýehowa bil baglamaga höweslendirdi+. 17 Ýonatan Dawuda: «Gorkma, kakam seni tapmaz. Sen Ysraýylyň patyşasy+, menem weziriň* bolaryn, muny kakamam bilýändir»+ diýdi. 18 Soňra olar Ýehowanyň öňünde äht baglaşdylar+. Dawut Horeşde galdy, Ýonatan bolsa öýüne gaýtdy.

19 Biraz wagtdan Zibiň ýaşaýjylary Gibeýa+ baryp, Şawula: «Dawut golaýymyzdaky+ Horeşiň+ barmasy kyn ýerlerinde, Ýeşimonyň*+ günortasyndaky Hakyla baýyrlygynda+ gizlenip ýör. 20 Patyşahym, islän wagtyň geläý, ony eliňe bereris»+ diýdiler. 21 Şonda Şawul: «Goý, Ýehowa sizi ýalkasyn! Maňa ýüregiňiz awapdyr. 22 Baryň, onda Dawudyň bolýan ýerini doly anyklaň. Şol ýerde ony gören adam barmy, soraşdyryň. Eşidişime görä, ol örän mekirmiş. 23 Gizlenýän ýerini gowuja sorap-idäň-de, maňa belli bir habar getiriň. Şonda siz bilen giderin. Eger ol ýurduň içinde bolsa, Ýahudanyň her bir maşgalasyna* aýlanyp çykmaly bolsa-da, gözläp taparyn» diýdi.

24 Ýaňky adamlar ýola düşüp, Şawuldan öň Zibe+ bardylar. Şol wagt Dawut adamlary bilen Ýeşimonyň günortasynda ýerleşýän Arabanyň+ Magon+ çölündedi. 25 Şawul adamlary bilen Dawudyň gözlegine çykdy+. Dawut muny eşidip, Magon çölündäki gaýada+ gizlendi. Muny Şawula ýetirenlerinde, ol Dawudyň yzyndan Magon çölüne gitdi. 26 Şawul dagyň bäri tarapyndan bardy, Dawut bolsa adamlary bilen beýleki tarapyndady. Dawut arany açmak üçin gaçyp başlady+. Şawul bolsa ýanyndakylar bilen Dawuda we adamlaryna barha golaýlaşýardy, indi olary ele salaýmak galypdy+. 27 Emma biri gelip, Şawula: «Ýurda piliştliler çozdy, çaltrak yzyňa dolan!» diýip habar berdi. 28 Şonda Şawul Dawudy yzarlamagy goýup+, piliştliler bilen söweşmäge gitdi. Şol sebäpli ol ýere Bölünme gaýasy diýýärler.

29 Dawut gaçyp, En-gediniň+ barmasy kyn ýerlerinde ýaşap başlady.

24 Şawul piliştliler bilen söweşden gaýdyp gelende, oňa: «Dawut En-gedi+ çölünde» diýip habar berdiler.

2 Şonda ol Ysraýylyň 3 000 batyr ýigidini ýanyna alyp, dag geçileriniň ýaşaýan gaýalaryndan Dawut bilen adamlaryny gözlemäge gitdi. 3 Ýoluň ugrunda daşdan salnan agyllar bardy. Agylyň golaýynda bir gowak bardy. Şawul aýakýoluna çykmak üçin gowaga girdi. Dawut bolsa adamlary bilen gowagyň düýbünde otyrdy+. 4 Dawudyň adamlary: «Görsene, Ýehowa duşmanyňy eliňe berýär!+ Indi oňa isläniňi edip bilersiň» diýdiler. Şonda Dawut assyrynlyk* bilen baryp, Şawulyň donunyň* eteginden bir bölek kesip aldy. 5 Emma eden işi üçin, Dawudyň ynsaby* ezýet berdi+. 6 Ol adamlaryna: «Heý-de, hojaýynyma el galdyryp bilerinmi?! Ol Ýehowanyň belläni ahyryn. Ýehowanyň bellän adamyna ýamanlyk edip bilmerin, Ýehowa muny asla oňlamaz»+ diýdi. 7 Dawut adamlaryny saklap*, Şawuly öldürmäge ýol bermedi. Şawul bolsa gowakdan çykyp gitdi.

8 Dawut gowakdan çykyp, Şawulyň yzyndan: «Patyşahym!»+ diýip gygyrdy. Şawul yzyna öwrüldi welin, Dawut dyza çöküp, tagzym etdi. 9 Soňra ol: «„Dawut seni öldürjek bolýar“ diýýänleriň gepine näme üçin ynanýaň?+ 10 Görýäňmi, şu gün gowaga gireniňde, Ýehowa seni elime berdi. Ýanymdakylar öldür diýse-de+, saňa haýpym gelip: „Heý-de, hojaýynyma el galdyrarynmy?! Ol Ýehowanyň belläni ahyryn“+ diýdim. 11 Seret, atam, donuň eteginden bir bölek kesip aldym, ýöne seni öldürmedim. Saňa ýamanlyk etmek ýa garşy çykmak niýetimiň ýokdugy şundanam belli ahyryn. Meni öldürjek bolup, yzarlap ýörseňem+, saňa hiç hili ýamanlyk etmedim+. 12 Goý, Ýehowa ikimiziň aramyzda kazy bolsun+. Men saňa el galdyrmaryn+, goý, arymy Ýehowa alyp bersin+. 13 Köneler: „Ýamanlyk ýamandan çykar“ diýipdirler, men saňa el galdyrmaryn. 14 Onsoňam, Ysraýyl patyşasy gözlär ýaly, men kimmişim? Men bir öli it ýa büre dälmi?!+ 15 Goý, bize Ýehowa kazylyk etsin, işimizi derňäp, höküm çykarsyn. Ol meni aklap+, eliňden halas etsin» diýdi.

16 Dawut gepläp bolan badyna, Şawul: «Dawut, oglum, senmi?»+ diýip, ses edip aglady. 17 Soňra ol: «Sen menden has adalatly ekeniň. Seniň eden ýagşylyklaryňa ýamanlyk bilen jogap berdim+. 18 Ine, Ýehowa meni eliňe berse-de, öldürmän, uly ýagşylyk etdiň+. 19 Haýsy adam duşmanyny ele salar-da, aman goýberer? Şu günki ýagşylygyň üçin, Ýehowa seni sylaglar+. 20 Sen hökman patyşa bolarsyň+, Ysraýyl hökümdarlygy elmydama seniň eliňde durar. Men muňa doly göz ýetirdim. 21 Ýöne ölenimden soň neslimi bütinleý ýok etmejegiňe, adymy atamyň hojalygyndan öçürip taşlamajagyňa+ Ýehowadan ant iç»+ diýdi. 22 Dawut Şawula ant içdi. Soňra Şawul öýüne gaýtdy+, Dawut bolsa adamlary bilen gowaga gitdi+.

25 Birnäçe wagtdan Şamuwel+ aradan çykdy. Tutuş halk ýas tutdy, Şamuweli Ramada+, öýüniň golaýynda jaýladylar. Dawut bolsa Paran çölüne gitdi.

2 Magonda+ bir tüçjar baý adam ýaşaýardy, Karmelde*+ onuň 3 000 goýny, 1 000 geçisi bardy. Şol wagtlar ol Karmelde goýun gyrkdyrýardy. 3 Ol adamyň ady Nabaldy+, aýalyna Abygaýyl+ diýerdiler. Abygaýyl düşünjeli, owadan aýaldy, äri bolsa gödek hem zalymdy+; Nabal Kalebiň+ neslindendi. 4 Dawut çöldekä, Nabalyň gyrkymdadygyny eşidip, 5 on ýigidini iberdi-de: «Karmele, Nabalyň ýanyna meniň adymdan baryp, hal-ýagdaýyny soraň. 6 Soňra şeýle diýiň: „Başyň dik, ömrüň uzak bolsun! Öý-içeriňdäkiler sag-salamat gezsin, döwletiň artsyn! 7 Seniň gyrkymdadygyňy eşitdim. Çopanlaryň biziň ýanymyzdaka, olara azar bermedik+. Karmelde olaryň ýekeje zady hem ýiten däldir, 8 ynanmasaň, ýigitleriňden sora-da göräý. Indi senem ýigitlerimi güler ýüz bilen garşyla, gowy günüňde gapyňdan geldik. Gullaryňa, ogluň Dawuda göwnüňden çykaranyňy beräý diýip geldik“»+ diýdi.

9 Ýigitler Dawudyň sözlerini Nabala ýetirdiler. 10 Emma Nabal olara: «Kimmiş ol Dawut? Ýessäniň ogly özüne kimdirin öýdýär? Näme, hojaýynyndan gaçyp ýören gul gytmy?!+ 11 Indi çöregimi, suwumy, soýduran malymy gyrkymçylarymyň agzyndan kesip, ykmandalara bereýinmi?» diýdi.

12 Ýigitler gelip, bar zady Dawuda gürrüň berdiler. 13 Şonda Dawut: «Gylyjyňyzy dakynyň!»+ diýdi. Olar gylyjyny dakyndy, Dawudam gylyjyny aldy, ýany bilen 400-e golaý adam gitdi, 200 adam bolsa goşda galdy.

14 Hyzmatkärleriň biri Nabalyň aýaly Abygaýylyň ýanyna gelip: «Dawut ýagşy dilegler bilen çölden hojaýynyň ýanyna adam iberipdir. Ol bolsa azgyrylyp, sögüp goýberdi+. 15 Olar bize kän ýagşylyk edipdi, hiç hili azar bermediler. Çölde ýanlarynda bolduk, şonda ýekeje zadymyz hem ýitmedi+. 16 Sürini olaryň ýanynda bakýarkak, gije-gündiz daşymyzda gala ýaly durdular. 17 Hojaýyn-a biderek adam+, gepleşer ýaly däl. Özüňiz bir zat edäýmeseňiz, olar hojaýynyň öý-içerisini aman goýmaz»+ diýdi.

18 Abygaýyl+ dessine 200 çörek, iki uly küýze şerap, bäş goýun*, bäş kersen* gowurga*, 100 sany kişmişli külçe, injir kakyndan 200 külçe alyp, eşeklere ýükledi+. 19 Ol hyzmatkärlerine: «Öňden ýöräň, men yzyňyzdan giderin» diýdi. Äri Nabala bolsa hiç zat aýtmady.

20 Abygaýyl eşekli dagyň etegine düşüp gelýärkä, öňünden Dawut bilen nökerleri çykdy. 21 Şol wagt Dawut: «Çölde ol adamyň mal-garasyny biderek gorapdyryn, ýeke zady hem ýitmedi+. Ol bolsa ýagşylygyma ýamanlyk bilen jogap berdi+. 22 Daň atýança, onuň ýekeje erkek göbeklisini diri goýsam, Hudaý duşmanlaryma* has beterini görkezsin» diýip gelýärdi.

23 Abygaýyl Dawudy gören badyna, eşekden düşdi-de, dyza çöküp, tagzym etdi. 24 Soňra Dawudyň aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi: «Hojaýyn, iki agyz sözüm bar, rugsat berseň, aýdaýyn. Ähli bolan zada men günäkär. 25 Gadyr bilmez Nabal bilen deň bolma+, onuň bolşy adyna laýyk. Ady Nabal*, özem akmak. Men hojaýynymyň iberen adamlaryny görmändirin. 26 Beýik Biribar Ýehowadan we seniň janyňdan ant içýärin, hojaýyn, Ýehowa seni gan dökmekden+, ar almakdan saklajak bolýar+. Goý, hojaýynyma ýamanlyk etjek bolýan duşmanlar Nabalyň gününe düşsün. 27 Gyrnagyň şu sowgatlaryny*+ kabul edip, ýigitleriňe ber+. 28 Gyrnagyňy bagyşla. Goý, Ýehowa hojaýynymyň öýüni sarsdyrmasyn+, sebäbi sen Ýehowa üçin söweşýäň+. Adyň hiç wagt ýamanlykda çykmandy+. 29 Eger biri seni yzarlap, öldürjek bolsa, Ýehowa Hudaýyň janyňy düwünçege düwlen hazyna deý gorar, duşmanlaryňy sapana* salnan daş kimin zyňar. 30 Ýehowa hojaýynyma beren gowy wadalaryny ýerine ýetirip, Ysraýyla baştutan bellär+. 31 Şonda hojaýynym ar almak üçin nähak gan dökenine ökünmez+, ynsaby ezýet bermez. Hojaýyn, Ýehowa seni sylaglanda, gyrnagyňy hem ýada sal».

32 Şonda Dawut Abygaýyla: «Seni öňümden çykaran Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! 33 Sen nähili akyl-paýhasly ekeniň! Meni ar almakdan, gan dökmekden+ saklanyň üçin, goý, Hudaý sylagyňy ýetirsin! 34 Meni ýamanlykdan saklan+ Ysraýyl Hudaýy Ýehowa diri şaýatdyr, öňümden çykmadyk bolsaň+, daň atýança, Nabalyň ýekeje erkek göbeklisini hem diri goýjak däldim»+ diýdi. 35 Soňra Dawut Abygaýylyň getiren zatlaryny alyp: «Arkaýyn gidiber. Aýdyşyň ýaly ederin, haýyşyňy bitirerin» diýdi.

36 Abygaýyl öýüne gelse, Nabal edil patyşa ýaly, toý-meýlis gurnap oturan eken. Nabalyň keýpi kökdi, serhoşlykdan ýaňa özüni bilenokdy. Abygaýyl ertesi güne çenli ärine hiç zat aýtmady. 37 Irden Nabal serhoşlykdan açylanda, Abygaýyl bolan zatlary gürrüň berdi. Muny eşiden Nabalyň ýüregi ýaryldy, doňňaradaşa dönüp, ysmaz bolup ýatdy. 38 Takmynan on günden Ýehowa Nabaly heläk etdi.

39 Dawut Nabalyň ölenini eşidip: «Guluny ýamanlykdan saklan+ Ýehowa şöhrat bolsun! Hudaý meni kemsiden Nabaldan+ arymy alyp berdi+. Ýehowa Nabalyň ýamanlygyny öz başyna getirdi!» diýdi. Soňra ol Abygaýylyň ýanyna hyzmatkärlerini iberip, ony aýaly edip almak isleýändigini aýtdy. 40 Dawudyň hyzmatkärleri Karmele gelip, Abygaýyla: «Bizi Dawut iberdi. Ol seni aýaly edip almak isleýär» diýdiler. 41 Abygaýyl dessine turdy-da, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. Ol: «Gyrnagyňyz hatda hojaýynyň gullarynyň aýagyny ýuwmaga-da taýyndyr»+ diýdi. 42 Abygaýyl+ haýal etmän goşuny düwüp, eşege mündi-de, Dawudyň hyzmatkärleri bilen gitdi. Bäş gyrnagyny hem ýany bilen alyp gitdi. Şeýdip, Abygaýyl Dawudyň aýaly boldy.

43 Dawut ýizregelli Aganogama-da+ öýlenipdi, olaryň ikisi hem Dawudyň aýaly boldy+.

44 Şawul bolsa Dawuda beren gyzy Mihaly+ gallimli Laýyşyň ogly Palta+ durmuşa çykardy.

26 Birnäçe wagtdan Zibiň+ ýaşaýjylary Şawulyň ýanyna Gibeýa+ baryp: «Dawut Ýeşimonyň* garşysyndaky Hakyla baýyrlygynda gizlenip ýör»+ diýdiler. 2 Şonda Şawul Ysraýylyň 3 000 batyr ýigidini alyp, Zip çölüne Dawudyň gözlegine çykdy+. 3 Şawul Ýeşimonyň garşysynda ýerleşýän Hakyla baýyrlygynda, ýoluň ugrunda düşelge gurdy. Şol wagt Dawut çöldedi, ol Şawulyň yzarlap, çöle gelendigini eşitdi. 4 Emma Dawut munuň anygyna ýetmek üçin içaly iberdi. 5 Soňra Dawut Şawulyň düşelgesine bardy. Görse, Şawul we goşunbaşysy Nur ogly Abnur+ uklap ýatyr. Esgerler hem Şawulyň daş-töwereginde ýatan eken. 6 Dawut hetlerden+ Agamälige we Seruýanyň+ ogly, Ýowabyň dogany Abyşaýa+: «Haýsyňyz meniň bilen Şawulyň ýanyna gitjek?» diýdi. Abyşaý: «Men!» diýip jogap berdi. 7 Dawut bilen Abyşaý ýarygije düşelgä girdi. Şawulyň daş-töwereginde esgerler ýatyrdy, başujunda naýzasy sünjülgi durdy. Abnur bilen esgerler Şawulyň daş-töwereginde ýatan eken.

8 Abyşaý Dawuda: «Ine, Hudaý duşmanyňy eliňe berdi+. Rugsat berseň, ony naýza bilen bir gezekde ýere çüýläýin, ikilenç urmaly bolmaryn» diýdi. 9 Emma Dawut: «Ýok, degme. Ýehowanyň bellänine+ el göteren adam günäsiz galmaz»+ diýdi. 10 Soňra ol: «Ýehowa diri şaýatdyr, Şawuly ýa-ha Ýehowanyň özi heläk eder+, ýa ol öz ajalyna öler+, ýa-da uruşda wepat bolar+. 11 Ýehowanyň bellänine el galdyrsam, Ýehowa asla halamaz!+ Bar, başujunda duran naýza bilen küýzäni al, soň bärden gideli» diýdi. 12 Olar Şawulyň başujunda duran naýza bilen küýzäni alyp gaýtdylar. Muny görenem, bilenem bolmady+. Hiç kim oýanmady, hemmeler süýji ukuda ýatyrdy, sebäbi Ýehowa olary agyr uka gidiripdi. 13 Dawut beýleki tarapa geçip, dagyň depesine çykdy. Olaryň aralygy ep-esli bardy.

14 Dawut esgerlere we Nur ogly Abnura+: «Abnur, eşidýäňmi?» diýip gygyrdy. Abnur: «Gykylyklap, patyşany bimaza edýän kim?» diýdi. 15 Şonda Dawut: «Abnur, hany, seniň gaýratyň? Ysraýylda saňa taý geljek ýog-a. Näme üçin şa hezretlerini goramadyň? Esgerleriň biri baryp, patyşany tas öldüripdi+. 16 Munyň-a bolmaýar. Ýehowa diri şaýatdyr, hökümdaryňy, Ýehowanyň bellänini+ goramandygyň üçin, sen ölüme mynasyp! Hany, seret, patyşanyň başujunda duran naýza bilen küýze nirede?»+ diýdi.

17 Şawul Dawudyň sesini tanap: «Dawut, oglum, senmi?»+ diýdi. Dawut: «Hawa, patyşahym» diýip jogap berdi. 18 Soňra ol: «Hökümdarym, meni näme üçin yzarlaýaň?+ Etmişim näme? Saňa näme ýamanlyk etdim?+ 19 Patyşahym, ýalbarýaryn, aýtjak sözümi diňle. Eger seni maňa garşy çykaran Ýehowa bolsa, goý, ol galla sadakamy kabul etsin. Ýöne seni adamlar öjükdirýän bolsa+, Ýehowa olary näletlesin. Sebäbi olar: „Git-de, başga taňrylara sežde et!“ diýip, meni Ýehowanyň mirasyndan+ aýra salýarlar. 20 Ysraýyl patyşasy daga käkilik awlamaga çykan ýaly, bir büräniň+ gözlegine çykypdyr, ýöne meniň ganym Ýehowanyň huzuryndan uzakda dökülmesin» diýdi.

21 Şonda Şawul: «Men günä etdim+. Dawut, oglum, ýör, öýe gaýdaly, saňa hiç zat etmerin, sebäbi sen maňa rehim etdiň+. Men bolsa akylsyzlyk edip, juda ýalňyşypdyryn» diýdi. 22 Dawut: «Patyşahym, ine seniň naýzaň. Ýigitlerden biri gelip äkitsin. 23 Ýehowa adalatly we wepaly adamy sylaglar+. Şu gün Ýehowa seni elime berse-de, Ýehowanyň bellänine el galdyrmak islemedim+. 24 Şu gün janyňy nähili aýap saklan bolsam, goý, Ýehowa-da meniň janymy aýap saklasyn, bela-beterlerden dyndyrsyn»+ diýdi. 25 Şawul: «Dawut, oglum, Hudaý seni ýalkasyn! Sen uly işleri bitirersiň, edeniň ugruna bolar»+ diýdi. Soňra Dawut öz ýoly bilen gitdi, Şawul bolsa öýüne gaýtdy+.

27 Emma Dawut: «Şawul meni ahyry bir gün öldürer. Gowusy, piliştlileriň ýurduna gaçaýyn+. Meni Ysraýyldan tapmasa, gözlemekden ýadap, yzarlamagyny goýar+. Şeýdip, Şawulyň elinden gutularyn» diýip pikir etdi. 2 Dawut 600 adamy+ bilen Getiň hany Magoh ogly Akyşyň ýanyna gitdi+. 3 Ol adamlary bilen Getde Akyş hanyň ýanynda ýaşady, hersiniň öz hojalygy bardy. Dawudyň iki aýaly: ýizregelli Aganogam+ bilen Nabalyň dul galan aýaly karmelli Abygaýyl+ hem ýanyndady. 4 Şawul Dawudyň Get galasyna gaçyp gidenini eşidip, ony gözlemegini bes etdi+.

5 Dawut Akyş hana: «Göwnüňden turan bolsam, gaýrat edip, ýurduň kiçiräk şäherlerinden ýaşar ýaly ýer ber. Beýdip patyşanyň şäherinde ýaşap ýörmäýin» diýdi. 6 Şol gün Akyş han Dawuda Ziklag+ şäherini berdi. Şonuň üçin Ziklag şu wagta çenli Ýahuda patyşalarynyňky hasaplanýar.

7 Dawut piliştlileriň ýurdunda bir ýyl dört aý ýaşady+. 8 Ol adamlary bilen Telamdan Şura+ we Müsüre çenli aralykda ýaşaýan geşurlylaryň+, girzitleriň hem-de amalekleriň+ üstüne çozardy. 9 Dawut olara hüjüm edip, aýal-erkek diýmän, baryny gyrardy+. Egin-eşikleri, maýda mallary, öküzleri, sygyrlary, düýeleri, eşekleri olja alyp, Akyş hanyň ýanyna barardy. 10 Akyş han: «Bu gün nirä çozduňyz?» diýip sorardy. Dawut: «Ýahudanyň+ günortasyna*, ýerehmilleriň+ günortasyna, kenleriň+ günortasyna» diýip jogap bererdi. 11 Dawut ähli erkekleri we aýallary öldürip, Get galasyna ýesir getirmezdi, sebäbi: «Olary diri galdyrsak: „Ine Dawudyň edip ýören zady“ diýip, bizi ýamanlar» diýýärdi. Dawut piliştlileriň ýurdunda ýaşaýarka, hemişe şeýderdi. 12 Akyş han Dawuda ynanýardy. Ol: «Dawut öz halkyna duşman boldy, indi hemişe maňa gulluk eder» diýip pikir edýärdi.

28 Şol wagtlar piliştliler ysraýyllar bilen söweşmek üçin goşunlaryny ýygnadylar+. Akyş han Dawuda: «Senem adamlaryň bilen maňa goşulyp, söweşe gidersiň»+ diýdi. 2 Dawut: «Guluň mydama hyzmatyňa taýyndyr» diýdi. Şonda Akyş han: «Indiden beýläk meniň nökerim bolarsyň»+ diýdi.

3 Şamuwel eýýäm aradan çykypdy. Ysraýyllar Şamuweliň ýasyny tutup, dogduk şäheri Ramada jaýlapdylar+. Şawul bolsa jadygöýleri we bilgiçleri* ýurtdan kowupdy+.

4 Piliştliler ýygnanyşyp, Şunemde+ düşelge gurdular. Şawul hem ähli ysraýyllary ýygnap, Gilbowada+ düşelge gurdy. 5 Ol piliştlileriň goşunyny görüp, gorkudan ýaňa sandyrap başlady+. 6 Şawul Ýehowany näçe çagyrsa-da+, Ýehowa ne düýş, ne urym*+, ne-de pygamberler arkaly jogap berýärdi. 7 Ahyry ol hyzmatkärlerine: «Maňa bir jadygöý aýal tapyň+. Gidip, ondanam sorap göreýin» diýdi. Olaram: «Endorda+ bir jadygöý aýal-a bar» diýdiler.

8 Şawul özüni tanatmajak bolup, başga eşik geýdi-de, ýanyna iki adamy alyp, gije şol aýalyň öýüne gitdi. Şawul oňa: «Ruhlara ýüz tutup, pal at-da+, aýdan adamymy çagyryp ber» diýdi. 9 Emma jadygöý aýal: «Şawulyň jadygöýleri we bilgiçleri Ysraýyldan kowanyny bileňokmy?+ Meni duzaga düşürip, öldürtjek bolýan-a dälsiň?»+ diýdi. 10 Şonda Şawul Ýehowadan ant içip: «Ýehowa diri şaýatdyr, seni hiç kim günäkärlemez!» diýdi. 11 Jadygöý: «Kimi çagyryp bereýin?» diýip sorady. Şawul hem: «Şamuweli» diýdi. 12 Ol aýal «Şamuweli»*+ görende, çirkin gygyryp, Şawula: «Meni näme üçin aldadyň? Sen Şawul ekeniň-ä!» diýdi. 13 Patyşa: «Gorkma-da, näme görýäniňi aýt» diýdi. Jadygöý aýal: «Taňra meňzeş biri ýeriň astyndan çykyp gelýär» diýdi. 14 Şawul: «Sypaty nähili?» diýip sorady. Aýal: «Egni donly ýaşuly»+ diýip jogap berdi. Şawul onuň «Şamuweldigine» düşünip, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi.

15 «Şamuwel» Şawula: «Meni çagyryp, näme üçin bimaza edýäň?» diýdi. Şawul: «Çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Üstüme piliştliler gelýär. Hudaý bolsa menden ýüz öwürdi, ne pygamber, ne-de düýş arkaly jogap berýär+. Näme etjegimi bilmän, seni çagyrdym»+ diýdi.

16 «Şamuwel» oňa: «Ýehowa senden el çekip+, duşmanyň bolan bolsa, maňa näme üçin ýüz tutýaň? 17 Ýehowa men arkaly aýdan zatlaryny eder. Ýehowa patyşalygy eliňden sogrup alyp, ýanyňdakylaryň birine, has dogrusy, Dawuda berer+. 18 Sen Ýehowa gulak asmadyň. Onuň gazabyny tutaşdyran amalekleri bütinleý ýok etmediň+. Şonuň üçin Ýehowa seni şu güne saldy. 19 Ýehowa seni-de, Ysraýyly-da piliştlileriň eline berer+. Ertir ogullaryň bilen meniň ýanymda bolarsyň+. Ýehowa Ysraýyl goşunyny hem piliştlileriň eline berer»+ diýdi.

20 Şawul «Şamuweliň» aýdan zatlaryndan gaty gorkup, ýüzinligine ýere ýykyldy. Şol gün gijesi bilen hiç zat iýmänsoň, halys ysgyndan gaçypdy. 21 Jadygöý aýal Şawulyň ýanyna gelip, öler ýaly gorkanyny görende: «Gyrnagyň haýyşyňy bitirdi, janyny howp astyna salyp+, aýdyşyň ýaly etdi. 22 Indi senem gyrnagyňy diňle. Saňa bir döwüm çörek bereýin. Yzyňa gaýtmaga güýjüň bolar ýaly, birki agyz iý» diýdi. 23 Emma Şawul: «Ýok, iýjek däl» diýdi. Ýöne hyzmatkärleri bilen jadygöý aýal ýalbaryp duransoň, ýerinden turdy-da, düşege geçip oturdy. 24 Jadygöý aýalyň gapysynda semiz gölesi bardy. Aýal derrew göläni soýdy-da, hamyr ýugrup, petir* bişirdi. 25 Soňra getirip, Şawul bilen hyzmatkärleriniň öňünde goýdy. Olar iýip-içip, gijäniň içinde ýola düşdüler+.

29 Piliştliler+ goşunlaryny Apege ýygnadylar, ysraýyllar bolsa Ýizregeldäki+ çeşmäniň boýunda düşelge gurdular. 2 Piliştli hanlar esgerlerini ýüze, müňe bölüp, topar-topar bolup çykdylar. Yzlaryndan bolsa Akyş+ han, Dawut bilen adamlary gelýärdi. 3 Piliştli han-begler: «Ýewreýler bärde näme işläp ýör?» diýdiler. Akyş han: «Ol Ysraýyl patyşasy Şawulyň hyzmatkäri Dawut. Ol bir ýyldan gowrak meniň ýanymda bolup ýör+. Geleli bäri ondan ýamanlyk görmedim» diýip jogap berdi. 4 Emma piliştli han-begler gaharlanyp, şeýle diýdiler: «Dawudy yzyna ugrat+, beren şäheriňe gaýtsyn. Ol urşa gitmesin, ýogsam bize garşy söweşer+. Hojaýynyna ýaranjak bolup, biziň kellämizi kesmekden hem gaýtmaz. Ol şeýle pursada garaşyp ýörendir. 5 Onsoňam, halky aýdym aýdyp, tans edip, ony taryplap şeýle diýdiler:

„Şawul müňüsini öldürdi,

Dawut on müňüsini“»+.

6 Şonda Akyş+ han Dawudy çagyryp: «Ýehowa diri şaýatdyr, sen ynamdar adam. Ýanyma geleliň bäri senden ýamanlyk görmedim+. Maňa galsa-ha, seni goşunym bilen söweşe äkitjek+, ýöne hanlaryň saňa ynamy ýok+. 7 Gowusy, yzyňa gaýt, hanlaryň gaharyny getirme» diýdi. 8 Emma Dawut: «Han aga, etmişim näme? Ýanyňa gelelim bäri menden näme ýamanlyk gördüň? Hökümdarym, indi seniň bilen gidip, duşmanlaryňa garşy söweşip bilmerinmi?» diýdi. 9 Şonda Akyş han: «Meniň üçin-ä sen edil Hudaýyň perişdesi ýaly+. Ýöne piliştli han-begler: „Ol biz bilen urşa gitmesin“ diýip durlar-da. 10 Daňdan adamlaryň bilen ýola düş. Jahan ýagtylmanka, bärden gitseň gowy bolar» diýdi.

11 Dawut daň bilen turup, adamlary bilen Pilişt ýurduna dolandy. Piliştliler bolsa Ýizregele+ gitdi.

30 Üçünji gün diýlende, Dawut adamlary bilen Ziklaga+ geldi. Görseler, amalekler+ Negebe* we Ziklaga çozupdyr. Ziklagy ýer bilen ýegsan edip, otlapdyrlar. 2 Ýöne hiç kimi öldürmän, aýallary+, uludan-kiçä baryny ýesir alypdyrlar. 3 Dawut bilen adamlary gelip, şäheriň otlanandygyna, aýallaryň we çagalaryň ýesir äkidilendigine 4 ses edip aglaşdylar. Olar aglap-aglap güýçden gaçdylar. 5 Dawudyň iki aýaly: ýizregelli Aganogam bilen karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyl hem ýesir alnypdy+. 6 Dawut halys tapdan düşdi, sebäbi ogul-gyzlaryndan aýra düşenine jany ýanyp duran adamlar ony daşlajak bolýardy. Emma Dawut Ýehowa Hudaýyndan teselli tapdy+.

7 Dawut Agamäligiň ogly Abyýatar+ ruhana: «Hany, öňlügi* getir»+ diýdi. Abyýatar öňlügi getirip berdi. 8 Dawut Ýehowadan+: «Talaňçylaryň yzyndan gideýinmi? Olary ele salyp bilerinmi?» diýip sorady. Hudaý: «Gidiber, olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri azat edersiň»+ diýip jogap berdi.

9 Dawut haýal etmän 600 adamy+ bilen ýola düşdi. Besor jülgesine ýetenlerinde, adamlaryň käbiri şol ýerde galdy. 10 Dawut 400 adamy bilen talaňçylary kowalamagyny dowam etdi, 200 adam bolsa ýadap, Besor jülgesinden geçip bilmedi+.

11 Ýolda bir müsürlini tapyp, Dawudyň ýanyna getirdiler. Müsürlä suw, çörek, 12 injirli külçe*, iki sany kişmişli külçe berdiler. Ol iýip-içip, biraz özüne geldi, sebäbi üç günden bäri hiç zat datmandy. 13 Dawut: «Sen kimiň guly? Aslyň nireli?» diýip sorady. Ol: «Hojaýynym amaleklerden, özümem müsürli. Üç gün mundan öň syrkawlapdym, hojaýynym meni taşlap gitdi. 14 Biz keretleriň+ günortasyna, Ýahuda, Kalebiň+ günortasyna çozup, Ziklagy otlap gaýtdyk» diýdi. 15 Şonda Dawut: «Meni şol talaňçylaryň ýanyna äkidermiň?» diýdi. Ol: «Bolýar, ýöne meni öldürmejegiňe, hojaýynymyň eline bermejegiňe Hudaýyň adyndan ant iç» diýdi.

16 Şol müsürli Dawudy amalekleriň düşelgesine eltdi. Olar bolsa Pilişt ýurdundan we Ýahudadan köp olja alandyklaryna begenip, şadyhorramlyk edip otyrdylar. 17 Dawut daň atandan Gün ýaşýança olaryň baryny gyrdy. Düýeli gaçan 400 adamdan başga hiç kim diri galmady+. 18 Ol amalekleriň talan zatlaryny yzyna alyp+, iki aýalyny hem azat etdi. 19 Olaryň öý-içerisinden hiç kim, emläginden hiç zat kem çykmady. Ogul-gyzlaryny, mal-garalaryny alyp gaýtdylar+. Dawut olja alnan zatlarynyň baryny yzyna getirdi. 20 Ol amalekleriň mallaryny-da talap gaýtdy. Olary Dawudyň oljasy diýip, öz sürülerine goşup alyp gaýtdylar.

21 Soňra Dawut Besor jülgesinden+ geçip bilmedik 200 nökeriniň ýanyna bardy. Olar Dawudy we ýanyndakylary garşylamaga çykdylar. Dawut olar bilen görşüp, hal-ýagdaýlaryny sorady. 22 Emma Dawut bilen giden käbir päliýaman hem betnebis adamlar: «Olar biz bilen gitmedi, şonuň üçin oljadan hiç zat bermeris. Diňe aýallary bilen çagalaryny alyp gitsinler» diýdiler. 23 Dawut bolsa: «Doganlar, beýtmäň! Ähli zady Ýehowa berdi ahyryn. Ol üstümize dökülen talaňçylary elimize berip+, bizi halas etdi. 24 Siziň diýýäniňizi hiç kim makullamaz. Söweşe gidenlerem, goşda galanlaram deň paý alar+. Hemmelere deň paý berler»+ diýdi. 25 Şol günden soň Dawut muny Ysraýylda kanun we düzgün edip goýdy.

26 Dawut Ziklaga baryp, oljalardan käbir zatlary dostlaryna, ýagny Ýahuda ýaşulularyna iberip: «Ine, Ýehowanyň duşmanlaryndan alnan oljadan size paý* iberýärin!» diýdi. 27 Şeýlelikde, ol Beýtelde+, günorta* Ramotda, Ýaterde+, 28 Arogerde, Sipmotda, Eştemowada+, 29 Rakalda, ýerehmilleriň+ we kenleriň+ şäherlerinde, 30 Hormada+, Boraşanda, Atakda, 31 Hebronda+ ýaşaýan ýaşululara sowgat-serpaý iberdi. Dawut adamlary bilen şol ýerlerde bolupdy.

31 Piliştliler Ysraýyla garşy söweşe çykdy+. Ysraýyllar olardan ýeňlip gaçdylar, köpüsi Gilbowa+ dagynda gyryldy. 2 Piliştliler Şawul bilen ogullarynyň+ yzyndan ýetip, ogullary Ýonatany+, Abynadaby we Mälikşuwy öldürdiler. 3 Şawula garşy hüjüm barha güýçlenýärdi, ýaýçylar ok atyp, ony agyr ýaraladylar+. 4 Ol ýarag göterýän nökerine: «Gylyjyňy çykar-da, meni öldür, ýogsam sünnetsizler+ meni gynap öldürerler» diýdi. Emma nöker gorkudan ýaňa öldürip bilmedi. Şonda Şawul gylyjynyň üstüne özüni oklady+. 5 Şawulyň ölenini+ gören nöker hem gylyjynyň üstüne özüni oklap, gapdalynda jan berdi. 6 Şeýdip, Şawul, üç ogly, ýarag göterýän nökeri we ähli hyzmatkärleri bir günde öldi+. 7 Ysraýyl esgerleriniň gaçandygyny, Şawul bilen ogullarynyň ölendigini eşidip, jülgedäki we Iordanyň golaýyndaky ysraýyllar şäherlerini taşlap gaçdylar+. Piliştliler bolsa gelip, şol şäherleri eýelediler.

8 Ertesi piliştliler wepat bolanlaryň zatlaryny almaga geldiler. Olar Gilbowa+ dagynda Şawul bilen üç oglunyň jesedini tapdylar. 9 Piliştliler Şawulyň kellesini kesip, ýaraglaryny aldylar-da, muny taňrylarynyň+ buthanalaryna we ildeşlerine jar etmek üçin Pilişt ýurduna habar ýolladylar+. 10 Şawulyň ýaraglaryny Aştoret hudaýlarynyň buthanasynda goýdular, jesedini bolsa Beýtşanyň+ diwaryndan asdylar. 11 Ýabeş-gileadyň+ ilaty piliştlileriň Şawula eden zatlaryny eşitdi. 12 Şonda olaryň batyr adamlary aýaga galdy. Olar uzak gije ýol ýöräp, Beýtşana bardylar-da, diwardan Şawul bilen ogullarynyň jesedini aldylar. Soňra jesetleri Ýabeşe getirip ýakdylar, 13 süňklerini+ bolsa Ýabeşdäki ýylgynyň aşagynda gömüp+, ýedi günläp agyz beklediler.

Ýagny Ýehowanyň çadyry.

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: Hannany ýada saldy.

Başga manysy: bellenen wagtda.

Manysy: Hudaýyň ady.

Sözme-söz: huzurynda.

Bir çuwal takmynan 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Alkana göz öňünde tutulýan bolmaly.

Sözme-söz: Ýehowa şahymy beýgeltdi. Sözlüge serediň: Şah.

Ýa-da: çörek üçin gul bolar.

Ýa-da: halas edýänem.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: zir-zibiliň içinden.

Başga manysy: Ýehowa garşy çykanlary gorky basar.

Sözme-söz: Şahyny beýgelder. Sözlüge serediň: Şah.

Ýa-da: ýabak.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ýeňsiz don.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Hudaý onuň üçin kazylyk eder.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: gurbanlyk tütetsin.

Sözme-söz: depeleýäňiz.

Sözlüge serediň.

Ýagny Ýehowanyň çadyry.

Sözme-söz: gulagy şaňlar.

Sözme-söz: ýere gaçyrmady.

Sözme-söz: Ýehowa bizi näme üçin heläk etdikä?

Başga manysy: arasynda.

Ýa-da: döwlüp.

Manysy: Şan-şöhrat nirede?

Sözme-söz: diňe Dagon. Dagon butunyň ýarty göwresi adam, ýarysy balyk şekilli bolan bolmaly.

Ýa-da: gemorroý.

Ýa-da: gemorroý.

Sözme-söz: 70 adamy, 50 000 adamy.

Sözme-söz: garawullamagy üçin mukaddes etdiler.

Manysy: Kömek daşy.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: kazylyk etsin.

Ýa-da: kazylyk etjek patyşa.

Ýagny iri şahly mallar.

Ýa-da: kazylyk edip.

Sözme-söz: urkaçy eşekleri.

Sözme-söz: şekeliň dörtden bir bölegi. Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: gurbanlyga ak pata bermese.

Sözme-söz: Sen meniň öňümden ýöre.

Sözme-söz: ýüregiňdäki bar zady.

Sözme-söz: mirasyna.

Sözlüge serediň.

Arfanyň bir görnüşi.

Sözme-söz: ýüregini.

Şawulyň kakasynyň dogany göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: müňlerine.

Sözme-söz: Şawulyň Gibeýasyna.

Sözme-söz: Günüň gyzan wagty.

Sözme-söz: säher çagynda. Gije sagat 2:00-dan daňdan 6:00-a çenli aralyk.

Sözme-söz: öňüňizden ýörejek.

Sözme-söz: ýag guýup belläniniň.

Hudaýyň bellän patyşasy göz öňünde tutulýan bolmagy hem mümkin.

Sözme-söz: Gullaryň.

Asyl nusgada ýaşy görkezilmeýär.

Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: çarhlamak; çaldyrmak.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: pim. Gadymy ölçeg birligi; takmynan 8 g kümüş. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: öňlük geýýärdi. Sözlüge serediň: Öňlük.

Ýa-da: iki öküziň bir günde sürýän ýeriniň ýarysynda. Ýarym gektara golaý.

Sözme-söz: Şol gün.

Sözme-söz: eliňi çek.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň: Urym we tummym.

Ýa-da: wepaly söýgi bildiripdiňiz.

Ýa-da: gynanýaryn.

Ýa-da: Gozgalaň turuzmak.

Maşgala butlaryna çokunmak göz öňünde tutulýar. Sözlüge serediň: Maşgala butlary.

Ýa-da: ökünmez.

Başga manysy: arkaýyn.

Ýa-da: Ölüm ajysy başymdan sowlandyr.

Ýa-da: malyň şahyny.

Sözme-söz: gyrmyzy ýaňakly.

Sözme-söz: Ýehowadan gelen zalym ruh ony kösedi.

Jalutyň boýy 2 m 90 sm töweregidi. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Takmynan 57 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Dyzdan topuk aralygyny goraýan esbap göz öňünde tutulýar.

Takmynan 7 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Bir çuwal takmynan 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: gowrulan bugdaý.

Sözme-söz: süýt.

Sözme-söz: sakgalyndan.

Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.

Ýa-da: seniň janyňdan ant içýärin.

Ýa-da: ýeňsiz donuny.

Ýa-da: ol paýhasly hereket edýärdi.

Gitara meňzeş gadymy saz guraly.

Sözme-söz: Şawulyň üstüne Hudaýdan gelen zalym ruh indi.

Ýa-da: Ol özüni pygamber ýaly alyp baryp başlady.

Sözme-söz: Şawulyň üstüne Ýehowadan gelen zalym ruh indi.

Sözlüge serediň: Maşgala butlary.

Ýa-da: içki eşiginde.

Sözme-söz: guluňa.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildir.

Sözme-söz: Ýonatana.

Ýa-da: wepaly söýgi bildir.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ogşap.

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: ýer eýeleri.

Başga manysy: öldürmeginden gorkýardy.

Ýa-da: patyşalykda senden soňky adam.

Başga manysy: çölüň.

Sözme-söz: Ýahudanyň müňlerçesiniň arasyna.

Ýa-da: ýuwaşlyk.

Ýa-da: ýeňsiz donunyň.

Sözme-söz: ýüregi.

Başga manysy: dargadyp.

Karmel dagy däl-de, Ýahudadaky şäher göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: soýlan goýun.

Bir kersen 7,33 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: gowrulan bugdaý.

Başga manysy: maňa.

Manysy: Akmak; akylsyz.

Sözme-söz: berekedini.

Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.

Başga manysy: çölüň.

Ýa-da: Ýahudadaky Negebe.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň: Urym we tummym.

Jadygöý aýal Şamuweliň keşbine giren jyn-arwahy görýär.

Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.

Ýa-da: günorta. Ýahudanyň günorta tarapy göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Kak edilen injir göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: bereket.

Ýa-da: Negepde ýerleşýän.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş