Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt 3 Musa 1:1—27:34
  • 3 Musa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 3 Musa
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
3 Musa

MUSA PYGAMBERIŇ ÜÇÜNJI KITABY

1 Ýehowa Musany ýygnak çadyryna*+ çagyryp, şeýle diýdi: 2 «Bar, ysraýyllara aýt: „Kimde⁠-⁠kim sürüsinden Ýehowa gurbanlyk bermek islese, öküz, sygyr ýa⁠-⁠da goýun⁠-⁠geçi bersin+.

3 Eger ol ýakma gurbanlygyny iri maldan berjek bolsa, şikessiz+ öküz saýlasyn. Ony höwes bilen+ Ýehowanyň huzuryna, ýygnak çadyrynyň agzyna getirsin. 4 Ol ýakma gurbanlyk malynyň kellesine elini goýsun. Şonda gurbanlygy kabul edilip, günäleri bagyşlanar.

5 Soňra Ýehowanyň huzurynda öküzçäniň damagy çalynsyn. Harunyň neslinden bolan ruhanylar+ gany getirip, ýygnak çadyrynyň agzyndaky gurbanlyk ojagynyň* çar tarapyna sepsinler+. 6 Derisini sypyryp, maly böleklesinler+. 7 Harunyň neslinden ruhanylar gurbanlyk ojagyna köz getirsinler⁠-⁠de+, üstüne odun örsünler. 8 Böleklenen maly+ kellesi we içýagy* bilen gurbanlyk ojagynda tutaşyp başlan odunyň üstünde goýsunlar. 9 Malyň içegeleri we aýaklary ýuwlansoň, ruhany olaryň hemmesini gurbanlyk ojagynda ýakma gurbanlygy hökmünde ýaksyn. Ýehowa üçin ýakymly ysly gurbanlyk şeýdip berilmelidir+.

10 Eger ol ýakma gurbanlygyny maýda mallardan+ berjek bolsa, şikessiz erkek tokly ýa teke saýlasyn+. 11 Maly Ýehowanyň huzuryna, gurbanlyk ojagynyň demirgazygyna getirip, damagyny çalsynlar. Harunyň neslinden ruhanylar malyň ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepsinler+. 12 Maly bölekläp, kellesini we içýagyny* aýyrsynlar. Ruhany olary gurbanlyk ojagynda tutaşyp başlan odunyň üstünde goýsun. 13 Ol malyň içegelerini we aýaklaryny ýuwsun. Ruhany olaryň hemmesini gurbanlyk ojagynda ýaksyn. Ýehowa üçin ýakymly ysly ýakma gurbanlyk şeýdip berilmelidir.

14 Eger ol Ýehowa ýakma gurbanlygyny guşlardan berjek bolsa, gumry ýa⁠-⁠da kepderi*+ saýlasyn. 15 Ruhany guşy gurbanlyk ojagynyň ýanyna getirip, damagyny çalsyn⁠-⁠da, gurbanlyk ojagynda ýaksyn. Ganyny bolsa gurbanlyk ojagynyň gapdalyna akdyrsyn. 16 Ol guşuň petekesini we ýelegini aýryp, gurbanlyk ojagynyň gündogaryna, kül* dökülýän ýere taşlasyn+. 17 Guşy ganatlarynyň ýanyndan dilsin, ýöne ikä bölmesin. Ruhany guşy gurbanlyk ojagynda tutaşyp başlan odunyň üstünde ýaksyn. Ýehowa üçin ýakymly ysly ýakma gurbanlyk şeýdip berilmelidir.

2 Kimde⁠-⁠kim Ýehowa galla sadakasyny+ berjek bolsa, ýokary hilli undan bersin. Ol una ýag garyp, üstüne ladan* goýsun+. 2 Soňra uny Harunyň neslinden ruhanylara bersin. Ruhany ýag garylan ýokary hilli unuň bir goşawujyny we üstündäki ladany alyp, gurbanlyk ojagynda* ýatlama sadakasy* hökmünde ýaksyn+. Ýehowa üçin ýakymly ysly gurbanlyk şeýdip berilmelidir. 3 Galla sadakasynyň galany Haruna we ogullaryna berilsin+. Şol sadaka Ýehowa ýakylyp berilýän sadakalaryň iň mukaddesidir+.

4 Eger galla sadakasyny tamdyrda bişirjek bolsaňyz, ýokary hilli una ýag garyp, halka görnüşli petir* ýa⁠-⁠da çelpek* bişiriň+.

5 Galla sadakasyny saçda*+ bişirjek bolsaňyz, ýokary hilli una ýag garyp, petir bişiriň. 6 Petiri bölekläp, üstüne ýag guýuň+. Galla sadakasy şeýdip berilmelidir.

7 Galla sadakasyny gazanda bişirjek bolsaňyz, ýokary hilli una ýag garyp, hamyr ediň. 8 Bişiren galla sadakaňyzy Ýehowanyň huzuryna getirip, ruhana beriň. Ol hem sadakany gurbanlyk ojagynyň ýanyna elter. 9 Ruhany galla sadakasynyň bir bölegini gurbanlyk ojagynda ýatlama sadakasy hökmünde ýaksyn+. Ýehowa üçin ýakymly ysly gurbanlyk şeýdip berilmelidir+. 10 Galla sadakasynyň galany Haruna we ogullaryna berilsin. Şol sadaka Ýehowa ýakylyp berilýän sadakalaryň iň mukaddesidir+.

11 Ýehowa berýän galla sadakaňyzyň hiç birine hamyrmaýa goşmaň+. Hamyrmaýany ýa⁠-⁠da baly* Ýehowa ýakyp gurban bermäň.

12 Olary ekiniňiziň ilkinji hasyly+ hökmünde Ýehowa gurban berip bilersiňiz. Emma gurbanlyk ojagynda ýakymly ysly gurbanlyk edip ýakmaň.

13 Galla sadakaňyzyň hemmesine duz sepiň. Olara duz sepmegi unutmaň. Duz Hudaýyň siz bilen baglaşan ähtini ýatladyp durar. Ähli sadakalara duz sepmelisiňiz+.

14 Ekiniňiziň ilkinji hasylyny Ýehowa galla sadakasy hökmünde berjek bolsaňyz, täze dänäni* gowrup, ýarma ýaly owradyp getiriň. Ilkinji hasyldan galla sadakasy+ şeýdip berilmelidir. 15 Onuň üstüne ýag guýup, ladan goýuň. Galla sadakasyny şeýdip beriň. 16 Ruhany owradylan däne bilen biraz ýagy we ladany Ýehowa üçin ýatlama sadakasy+ hökmünde ýakar.

3 Sürüsinden bir öküzi ýa⁠-⁠da sygry parahatlyk gurbanlygy+ hökmünde berjek bolýan adam Ýehowa şikessiz mal bersin. 2 Ol malyň kellesine elini goýsun. Soňra ýygnak çadyrynyň* agzynda malyň damagy çalynsyn. Harunyň neslinden ruhanylar malyň ganyny gurbanlyk ojagynyň* çar tarapyna sepsinler. 3 Parahatlyk gurbanlygynyň bir bölegi Ýehowa ýakylyp gurban berilsin+. Ýakylmaly zatlar şulardyr: malyň içýagy+, içege ýagy, 4 iki böwregi we olaryň ýagy. Bagryň töweregindäki ýagy hem böwrek+ bilen hödürlemelidir. 5 Harunyň ogullary olary gurbanlyk ojagynda tutaşyp başlan odunyň+ üstünde ýakma gurbanlygy bilen hödürlemelidir. Ýehowa üçin ýakymly ysly gurbanlyk+ şeýdip bermelidir.

6 Sürüsinden bir goçy, goýny, tekäni ýa⁠-⁠da geçini+ Ýehowa parahatlyk gurbanlygy hökmünde berjek bolýan adam şikessiz mal bersin. 7 Eger ol erkek tokly gurbanlyk berjek bolsa, ony Ýehowanyň huzuryna getirsin. 8 Ol malyň kellesine elini goýsun. Soňra ýygnak çadyrynyň öňünde malyň damagy çalynsyn. Harunyň ogullary malyň ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepsin. 9 Parahatlyk gurbanlygynyň ýagy Ýehowa ýakylyp gurban berilsin+. Malyň guýruk ýagyny oňurgadan başlap tutuşlygyna kesip alsynlar. Içýagy, içege ýagy, 10 iki böwregi we olaryň ýagyny⁠-⁠da alsynlar. Bagryň töweregindäki ýagy hem böwregi bilen aýyrsynlar+. 11 Ruhany olary Ýehowanyň paýy* hökmünde gurbanlyk ojagynda ýaksyn+.

12 Eger ol geçi gurbanlyk berjek bolsa, ony Ýehowanyň huzuryna getirsin. 13 Ol malyň kellesine elini goýsun. Soňra ýygnak çadyrynyň öňünde malyň damagy çalynsyn. Harunyň ogullary malyň ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepsin. 14 Gurbanlygyň bir bölegi Ýehowa ýakylyp gurban berilsin. Ýakylmaly zatlar şulardyr: malyň içýagy, içege ýagy+, 15 iki böwregi we olaryň ýagy. Bagryň töweregindäki ýagy hem böwrek bilen hödürlemelidir. 16 Ruhany olary Hudaýyň paýy* hökmünde gurbanlyk ojagynda ýaksyn. Gurbanlygyň ýakymly ysy Hudaýa ýaraýandyr. Malyň ähli ýagy Ýehowanyňkydyr+.

17 Hiç hili ýag ýa⁠-⁠da gan iýmäň+. Muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý edip, nirede ýaşasaňyz⁠-⁠da eýeriň“».

4 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Ýehowanyň tabşyrygyny bilmän bozup günä eden adam+ şeýle etsin:

3 Baş* ruhany+ günä etse+, bütin halk günäli bolar. Baş ruhany eden günäsi üçin+ günä gurbanlygy hökmünde Ýehowa şikessiz öküzçe bersin. 4 Ol öküzçäni Ýehowanyň huzuryna, ýygnak çadyrynyň* agzyna getirip+, kellesine elini goýsun. Soňra Ýehowanyň huzurynda malyň damagyny çalsyn+. 5 Baş ruhany+ öküzçäniň ganyndan alyp, ýygnak çadyryna girsin⁠-⁠de, 6 barmagyny gana batyryp+, mukaddes otagdaky tutynyň öňüne, Ýehowanyň huzuryna ýedi gezek+ damdyrsyn. 7 Ol ýygnak çadyrynda, Ýehowanyň huzurynda goýlan hoşboý ysly tütetgi ýakylýan ojagyň* şahlaryna⁠-⁠da+ gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny ýygnak çadyrynyň agzyndaky gurbanlyk ojagynyň*+ düýbüne döksün.

8 Soňra ol günä gurbanlygy hökmünde berilýän öküzçäniň ähli ýagyny: içýagyny, içege ýagyny, 9 iki böwregini we olaryň ýagyny aýyrsyn. Bagryň töweregindäki ýagy hem böwregi bilen aýryp goýsun+. 10 Olary parahatlyk gurbanlygy+ üçin berilýän öküziňki ýaly edip aýryň. Ruhany olary gurbanlyk ojagynda ýaksyn.

11 Emma öküzçäniň derisini, etini, kellebaşaýagyny, içgoşuny we tezegini+, 12 garaz, öküzçäniň galan bar zadyny düşelgäniň daşyna, kül* taşlanýan ýere çykarsyn⁠-⁠da, odunyň üstünde goýup ýaksyn+. Olary kül taşlanýan ýerde ýakmalydyr.

13 Eger ysraýyl halky bilmän günä etse+, ýöne jemagat* Ýehowanyň tabşyrygynyň bozulandygyndan bihabar bolsa+, 14 soňra hem üsti açylsa, olar bir öküzçäni günä gurbanlygy hökmünde ýygnak çadyrynyň öňüne getirsinler. 15 Halkyň ýaşululary Ýehowanyň huzurynda öküzçäniň kellesine elini goýsun. Soňra Ýehowanyň huzurynda malyň damagy çalynsyn.

16 Baş ruhany öküzçäniň ganyndan alyp, ýygnak çadyryna girsin⁠-⁠de, 17 barmagyny gana batyryp, Ýehowanyň huzuryndaky tutynyň+ öňüne ýedi gezek damdyrsyn. 18 Ol ýygnak çadyrynda, Ýehowanyň huzurynda goýlan ojagyň+ şahlaryna⁠-⁠da gan çalsyn. Galan gany bolsa ýygnak çadyrynyň agzyndaky gurbanlyk ojagynyň+ düýbüne döksün. 19 Ruhany öküzçäniň ähli ýagyny alyp, gurbanlyk ojagynda ýaksyn+. 20 Ol günä gurbanlygy üçin berlen öküzçäni näme eden bolsa, şu öküzçäni hem şeýle etsin. Şeýdip, ruhany halky günäden arassalasyn+. Şonda olaryň günäsi bagyşlanar. 21 Ol beýleki öküzçäni+ ýakyşy ýaly, muny hem düşelgäniň daşynda ýaksyn. Halk üçin günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir+.

22 Eger baştutanlaryň+ biri bilmän Ýehowa Hudaýynyň tabşyrygyny bozup günä etse 23 ýa⁠-⁠da bir tabşyrygy bozandygyny soň bilip galsa, şikessiz owlagy* gurbanlyk bersin. 24 Ol malyň kellesine elini goýsun⁠-⁠da, Ýehowanyň huzurynda ýakma gurbanlygy soýulýan ýerde+ damagyny çalsyn. Günä gurbanlygyny şeýdip beriň. 25 Ruhany günä gurbanlygynyň ganyna barmagyny batyryp, gurbanlyk ojagynyň şahlaryna çalsyn+. Galan gany bolsa gurbanlyk ojagynyň düýbüne döksün+. 26 Ol malyň ähli ýagyny parahatlyk gurbanlygyndaky+ ýaly gurbanlyk ojagynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany şol baştutany günäden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar.

27 Eger adamlaryň biri bilmän Ýehowanyň tabşyrygyny bozup günä etse+ 28 ýa⁠-⁠da günä edendigini soň bilip galsa, günäsi üçin şikessiz owlagy* gurbanlyk bersin. 29 Ol günä gurbanlygy üçin malyň kellesine elini goýsun⁠-⁠da, ýakma gurbanlygy soýulýan ýerde damagyny çalsyn+. 30 Ruhany malyň ganyna barmagyny batyryp, gurbanlyk ojagynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa gurbanlyk ojagynyň düýbüne döksün+. 31 Ol malyň ähli ýagyny+ parahatlyk gurbanlygyndaky+ ýaly aýyrsyn. Ruhany şol ýagy Ýehowa ýakymly ysly gurban hökmünde gurbanlyk ojagynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany şol adamy günäden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar.

32 Eger ol günä gurbanlygy üçin tokly berjek bolsa, şikessiz urkaçy tokly getirsin. 33 Ol malyň kellesine elini goýsun⁠-⁠da, ýakma gurbanlygy soýulýan ýerde damagyny çalsyn+. 34 Ruhany günä gurbanlygynyň ganyna barmagyny batyryp, gurbanlyk ojagynyň şahlaryna çalsyn+. Galan gany bolsa gurbanlyk ojagynyň düýbüne döksün. 35 Ol malyň ähli ýagyny parahatlyk gurbanlygy üçin berilýän erkek toklynyňky ýaly edip aýyrsyn. Ruhany olary gurbanlyk ojagynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklaryň üstünde goýup ýaksyn+. Şeýdip, ruhany şol adamy günäden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar+.

5 Kimde⁠-⁠kim biriniň günä edendigini görse ýa bilse, şaýatlyk etmäge çagyrylsa⁠-⁠da*+, hiç zat aýtmasa, ol günä edýändir. Munuň üçin jogap bermeli bolar.

2 Eger adam haram hasaplanýan zada: haram ýabany haýwanyň, mal⁠-⁠garanyň ýa⁠-⁠da mör⁠-⁠möjegiň* maslygyna degse+, haram bolýandyr. Ol haram bolanyna düşünmese⁠-⁠de, ýazykly hasaplanmalydyr. 3 Eger biri bilmän, haram edýän zada ýa⁠-⁠da adama degse+, muny soň bilip galsa⁠-⁠da, ýazykly bolýandyr.

4 Eger biri oýlanman, gowy ýa erbet zat hakda howlugyp ant içse, soňam howlugyp ant içendigine düşünse, şonda⁠-⁠da ýazykly bolar*+.

5 Adam şu zatlaryň haýsyny edip ýazykly bolsa⁠-⁠da, günäsini boýun almalydyr+. 6 Ol eden günäsi üçin+ Ýehowa ýazyk gurbanlygyny bersin. Sürüsinden bir urkaçy guzyny ýa⁠-⁠da owlagy günä gurbanlygy hökmünde getirsin. Şonda ruhany ony günäsinden arassalar.

7 Eger goýun bermäge ýagdaýy bolmasa, Ýehowa ýazyk gurbanlygy hökmünde iki gumry ýa⁠-⁠da iki kepderi*+ bersin. Olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip bersin+. 8 Guşlary ruhana eltip bersin. Ruhany öňürti günä gurbanlygy edip beriljek guşuň damagyny çalsyn, ýöne kellesini goparmasyn. 9 Ol günä gurbanlygynyň ganyndan gurbanlyk ojagynyň* gapdalyna biraz sepeläp, galan gany ojagyň düýbüne akdyrsyn+. Günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir. 10 Beýleki guşy bolsa kanunda tabşyrylyşy ýaly, ýakma gurbanlygy edip bersin+. Şeýdip, ruhany ol adamy günäsinden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar+.

11 Eger iki gumry ýa iki kepderi bermäge⁠-⁠de ýagdaýy bolmasa, günä gurbanlygy üçin bir jam*+ ýokary hilli un getirsin. Una ýag ýa⁠-⁠da ladan* goşmasyn, sebäbi günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir. 12 Ol uny ruhana eltip bersin. Ruhany undan bir goşawuç alyp, gurbanlyk ojagynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklaryň üstünde ýatlama sadakasy* hökmünde ýaksyn. Günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir. 13 Adam şol günäleriň haýsyny eden bolsa⁠-⁠da, ruhany ony günäsinden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar+. Galla sadakasyndaky+ ýaly, günä gurbanlygynyň galany hem ruhana+ berilsin“».

14 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 15 «Eger biri Ýehowanyň mukaddes zatlaryna garşy bilmän günä edip, biwepalyk etse+, sürüsinden şikessiz goçy Ýehowa ýazyk gurbanlygy edip getirsin+. Goçuň bahasy mukaddes çadyrda ulanylýan ölçegde kümüş şekel* bilen hasaplansyn+. 16 Ol mukaddes çadyra garşy eden günäsi üçin töleg tölesin. Üstüne ýetiren zyýanynyň bäşden bir bölegini hem goşup+, ruhana bersin. Ruhany bolsa goçy ýazyk gurbanlygy edip hödürläp, ol adamy günäsinden arassalasyn+. Şonda onuň günäsi bagyşlanar+.

17 Eger biri Ýehowanyň tabşyrygyny bozsa, muny bilmän eden bolsa⁠-⁠da, ýazykly hasaplanmalydyr. Ol eden günäsi üçin jogap berer+. 18 Ol kesilen baha görä, ýazyk gurbanlygy üçin sürüsinden şikessiz goç getirsin+. Ruhany hem tötänden, bilmän günä eden adamy günäsinden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar. 19 Ol Ýehowa garşy günä edeni üçin ýazyk gurbanlygyny bermelidir».

6 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Eger adam Ýehowa biwepalyk edip+, biriniň amanat ýa⁠-⁠da girewine goýan zadyna el ursa+, ogurlyk etse, ýa hile bilen alsa, 3 ýa⁠-⁠da biriniň ýitiren zadyny tapsa⁠-⁠da, ýalan sözläp, boýun almasa we günäsini ýaşyrmak üçin ýalandan ant içse+, şeýle etsin: 4 eger ol, hakykatdanam, günäli bolsa, ogurlan, zorluk ýa hile bilen alan, özüne ynanylyp berlen ýa⁠-⁠da tapan zadyny eýesine gaýtarsyn. 5 Ýalandan ant içip, iliň zadyny alan bolsa, öwezini dolup+, üstüne bäşden bir bölegini hem goşup bersin. Ol muny etmişiniň üsti açylan güni etmelidir. 6 Şeýle⁠-⁠de kesilen baha görä, Ýehowa ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüsinden şikessiz goçy ruhana getirip bersin. Şeýdip, ol ýazyk gurbanlygyny bersin+. 7 Ruhany şol adamy Ýehowanyň huzurynda günäden arassalasyn. Ol näme günä eden bolsa⁠-⁠da bagyşlanar»+.

8 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 9 «Harun bilen ogullaryna aýt: „Ýakma gurbanlygyny+ şeýdip bermelidir: ýakma gurbanlygy gurbanlyk ojagynyň* üstünde Gün ýaşandan irdene çenli goýulsyn. Gurbanlyk ojagynyň ody hemişe ýanyp durmalydyr. 10 Ruhany zygyr* matadan tikilen eşigini+ we balagyny*+ geýip, gurbanlyk ojagynyň ýanyna barsyn⁠-⁠da, ýakma gurbanlygynyň külüni*+ aýryp, ojagyň gapdalynda goýsun. 11 Soňra eşigini çalşyp+, küli düşelgäniň daşyna çykarsyn+. 12 Gurbanlyk ojagynyň ody öçmeli däldir, hemişe ýanyp durmalydyr. Ruhany her gün irden ojaga odun+ atyp, üstüne ýakma gurbanlygyny goýsun⁠-⁠da, parahatlyk gurbanlyklaryň ýagy bilen ýaksyn+. 13 Gurbanlyk ojagynyň ody öçmeli däldir, hemişe ýanyp durmalydyr.

14 Galla sadakasyny+ şeýdip bermelidir: Harunyň ogullary sadakany Ýehowanyň huzuryna, gurbanlyk ojagynyň öňüne getirsin. 15 Ruhanylaryň biri galla sadakasyndan, ýagny ýag hem ladan* goşulan ýokary hilli undan bir goşawuç alyp, gurbanlyk ojagynda ýatlama sadakasy* hökmünde ýaksyn. Ýehowa üçin ýakymly ysly sadaka şeýdip berilýändir+. 16 Şol sadakanyň galanyny+ Harun bilen ogullary alsyn. Olar şol undan petir* bişirip, mukaddes ýerde, ýygnak çadyrynyň* howlusynda iýsinler+. 17 Oňa hiç hili hamyrmaýa goşmaly däldir+. Men muny ýakylyp berilýän gurbanlarymdan ruhanylara paý edip berýärin+. Ol günä we ýazyk gurbanlyklary ýaly, örän mukaddesdir+. 18 Harunyň neslinden bolan erkekler ondan iýip biler+. Şol sadaka Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlardan Harunyň nesline hemişelik berlen paýdyr+. Şol gurbanlara degen zatlar hem mukaddes bolýandyr“».

19 Ýehowa ýene⁠-⁠de Musa ýüzlenip: 20 «Harun baş ruhany edip bellenen*+ güni ogullary bilen Ýehowa şeýle gurban bersin: bir jam*+ ýokary hilli uny galla sadakasy+ hökmünde getirip, ýarysyny irden, ýarysyny agşam hödürlesin. 21 Una ýag goşup, saçda*+ bişirsinler. Soňra oňa ýene⁠-⁠de ýag çalyp, böleklesinler⁠-⁠de, Ýehowa ýakymly ysly sadaka edip bersinler. 22 Harunyň ýerine baş ruhany bellenjek ogly+ hem şeýle etmelidir. Muny hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. Galla sadakasyny Ýehowa tutuşlygyna ýakyp beriň. 23 Ruhany özi üçin berýän galla sadakasyny tutuşlygyna ýakmalydyr, ony iýmeli däldir» diýdi.

24 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 25 «Harun bilen ogullaryna aýt: „Günä gurbanlygyny+ şeýdip bermelidir: günä gurbanlygyny hem Ýehowanyň huzurynda ýakma gurbanlygy soýulýan ýerde soýuň+. Ol örän mukaddes gurbanlykdyr. 26 Günä gurbanlygyny hödür edýän ruhany ondan iýip biler+. Ony mukaddes ýerde, ýygnak çadyrynyň howlusynda iýmelidir+.

27 Gurbanlyk etine degen zatlar hem mukaddes bolýandyr. Malyň gany biriniň üstüne syçrasa, ol eşigini mukaddes ýerde ýuwsun. 28 Malyň eti toýun gapda gaýnadylsa, gaby döwüň. Mis gapda gaýnadylsa, gaby gowy edip ýuwuň.

29 Ruhanylar gurbanlykdan iýip biler+. Ol örän mukaddesdir+. 30 Emma günä gurbanlygynyň gany günäden arassalanmak üçin mukaddes ýere, ýagny ýygnak çadyryna eltilse+, şol gurbanlykdan iýmeli däldir, ony ýakmalydyr.

7 Ýazyk gurbanlygyny+ şeýdip beriň: ol örän mukaddesdir. 2 Ýazyk gurbanlygyny hem ýakma gurbanlyklary soýulýan ýerde soýup, ganyny+ gurbanlyk ojagynyň* çar tarapyna sepsinler+. 3 Ruhany* malyň ähli ýagyny+: guýruk ýagyny, içýagyny, 4 iki böwregini we olaryň ýagyny alsyn. Bagryň töweregindäki ýagy hem böwregi bilen aýyrsyn+. 5 Ruhany olary gurbanlyk ojagynda Ýehowa ýakyp gurban bersin+. Ýazyk gurbanlygy şeýdip berilmelidir. 6 Ruhanylar ony mukaddes ýerde iýsinler+. Ol örän mukaddes gurbanlykdyr+. 7 Ýazyk gurbanlygyny hem günä gurbanlygy ýaly edip beriň. Malyň etini gurbanlygy hödürleýän ruhana bermelidir+.

8 Ruhany biriniň ýakma gurbanlygyny hödürlände, malyň derisini+ özüne alyp biler.

9 Tamdyrda, gazanda ýa⁠-⁠da saçda*+ bişirilen galla sadakasy ony hödürleýän ruhanynyňky bolsun. Ol ruhanynyň paýydyr+. 10 Emma ýag goşulan+ we goşulmadyk+ galla sadakalary Harunyň ogullaryna deň paýlansyn.

11 Parahatlyk gurbanlygyny+ Ýehowa şeýdip bermelidir: 12 eger adam parahatlyk gurbanlygyny Hudaýa minnetdarlyk hökmünde berjek bolsa+, şükür gurbanlygynyň ýany bilen ýaga ýugrulan halka görnüşli petir*, çelpek*, ýokary hilli undan gowy ýaglanyp bişirilen halka görnüşli çörek getirsin. 13 Ol minnetdarlyk hökmünde berýän parahatlyk gurbanlygy bilen halka görnüşli hamyrmaýaly çörekleri⁠-⁠de getirsin. 14 Çörekleriň hersinden birini Ýehowa mukaddes paý edip aýyrsyn. Olary parahatlyk gurbanlygynyň ganyny sepjek ruhana beriň+. 15 Minnetdarlyk hökmünde berilýän parahatlyk gurbanlygynyň eti hödür edilen güni iýilsin, ertire galmasyn+.

16 Wada berlen+ ýa⁠-⁠da göwnüňden çykarylyp+ berilýän gurbanlyk hem hödürlenen güni iýilsin. Eger galsa, ertesi günem iýse bolýandyr. 17 Ýöne üçünji güne galan gurbanlyk etini ýakyň+. 18 Eger parahatlyk gurbanlygynyň eti üçünji gün iýilse, gurbanlyk berýän adam Hudaýy razy edip bilmez, gurbanlygy kabul bolmaz. Sebäbi ol mukaddes zady äsgermezlik edýändir. Şol etden iýen adam günäsi üçin jogap berer+. 19 Haram hasaplanýan zada degen eti iýmäň, ony ýakyň. Halal etden diňe halal* adam iýip biler.

20 Haram bolan adam Ýehowa hödürlenen parahatlyk gurbanlygyndan iýse, halkyň arasyndan ýok edilsin*+. 21 Kimde⁠-⁠kim haram adama+, haram haýwana+ ýa⁠-⁠da haram hasaplanýan ýigrenji zada+ degip, Ýehowa hödürlenýän parahatlyk gurbanlygyndan iýse, halkyň arasyndan ýok edilsin“».

22 Soňra Ýehowa Musa: 23 «Ysraýyllara şeýle diý: „Öküziň, erkek toklynyň we geçiniň ýagyny iýmäň+. 24 Haram ölen ýa⁠-⁠da ýyrtyjy haýwanyň parçalan malynyň ýagyny islendik zat üçin ulanyp bilersiňiz, ýöne iýmeli dälsiňiz+. 25 Biri Ýehowa ýakyp gurban berýän malynyň ýagyndan iýse, halkyň arasyndan ýok edilsin.

26 Nirede ýaşasaňyzam, guşlaryň⁠-⁠da, başga haýwanlaryň⁠-⁠da ganyny iýmäň+. 27 Gan iýen adam halkyň arasyndan ýok edilsin“»+ diýdi.

28 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 29 «Ysraýyllara aýt: „Ýehowa parahatlyk gurbanlygyny berýän adam gurbanlygyň bir bölegini Ýehowa hödür etsin+. 30 Ol malyň ýagyny we döşüni Ýehowa ýakyp gurban bermek üçin öz eli bilen getirip+, Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy+ hökmünde eýläk⁠-⁠beýläk galgatsyn. 31 Ruhany malyň ýagyny gurbanlyk ojagynda ýaksyn+, döşüni bolsa Harun bilen ogullaryna bermelidir+.

32 Parahatlyk gurbanlyklaryň sag buduny ruhana mukaddes paý edip beriň+. 33 Harunyň ogly parahatlyk gurbanlygynyň ganyny we ýagyny hödürlände, malyň sag buduny öz paýy hökmünde alyp biler+. 34 Sebäbi men ysraýyl halkynyň hödürleýän parahatlyk gurbanlyklaryndan göterme sadakasy hökmünde galgadylan döşi we mukaddes paý edip aýrylan budy Harun ruhana we ogullaryna berýärin. Ysraýyllar muny hemişelik kanun hökmünde berjaý etsin+.

35 Şol zatlar Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklardan Harun bilen ogullaryna düşen paýdyr. Şol paý olara Ýehowanyň ruhanysy edip bellenen güni berlipdi+. 36 Ýehowa ruhanylary bellän güni+ ysraýyllaryň gurbanlyklaryndan olara paý bermegi tabşyrypdy. Muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň“».

37 Ýakma gurbanlygy+, galla sadakasy+, günä gurbanlygy+, ýazyk gurbanlygy+, ruhanylyga bellemek üçin berilýän gurbanlyk+ we parahatlyk gurbanlygy+ hakdaky kanun şeýledir. 38 Ýehowa şu kanuny Musa Sinaý dagynda beripdi+. Şol gün ol Sinaý çölünde ysraýyllara Ýehowa gurbanlyk getirmegi tabşyrypdy+.

8 Soňra Ýehowa Musa: 2 «Harun bilen ogullaryny+, olaryň ruhanylyk eşiklerini+, mukaddes ýagy+, günä gurbanlygy üçin öküzi, iki goçy, petir çörekli*+ sebedi al⁠-⁠da, 3 halky ýygnak çadyrynyň* agzyna ýygna» diýdi.

4 Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, bütin halky ýygnak çadyrynyň agzyna ýygnady. 5 Musa: «Ýehowa şu zatlary tabşyrdy» diýdi⁠-⁠de, 6 Harun bilen ogullaryny çagyryp, ýuwunmagy tabşyrdy*+. 7 Soňra Haruna gözenek nagyşly köýnegi+ geýdirip, guşagyny+ daňdy. Üstünden dony*+ we öňlügi*+ geýdirip, öňlügiň guşagyny+ berk daňdy. 8 Gursakçany+ hem dakyp, içine urym bilen tummymy*+ saldy. 9 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Harunyň başyna selle+ orap, altyndan lowurdap duran mukaddes maňlaýlygy*+ dakdy.

10 Soňra mukaddes ýagy aldy⁠-⁠da, mukaddes çadyra we içindäki zatlara çalyp+, mukaddes etdi. 11 Gurbanlyk ojagyna⁠-⁠da* ýedi gezek ýag sepeläp, ojagy, esbaplaryny, legen bilen direglerini mukaddes etdi. 12 Harunyň başyna⁠-⁠da ýag guýup, mukaddes edip, ruhany belledi+.

13 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Harunyň ogullaryny hem getirip, olara gözenek nagyşly köýneklerini geýdirdi, guşaklaryny daňdy, sellelerini orady+.

14 Soňra ol günä gurbanlygy üçin öküzi alyp geldi. Harun bilen ogullary öküziň kellesine elini goýdy+. 15 Musa öküziň damagyny çaldy⁠-⁠da, gana+ barmagyny batyryp, gurbanlyk ojagynyň şahlaryna çaldy we ony günäden arassalady. Galan gany bolsa ojagyň düýbüne dökdi. Şeýdip, ol gurbanlyk hödürlär ýaly, gurbanlyk ojagyny mukaddes etdi. 16 Şondan soň Musa malyň içýagyny, bagryň töweregindäki ýagy, iki böwregi we olaryň ýagyny alyp, gurbanlyk ojagynda ýakdy+. 17 Öküziň galan zatlaryny, ýagny derisini, etini, tezegini bolsa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, düşelgäniň daşynda ýakdy+.

18 Soňra ýakma gurbanlygy üçin goçy getirdi. Harun bilen ogullary goçuň kellesine elini goýdy+. 19 Musa malyň damagyny çalyp, ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepeledi. 20 Ol goçy bölekläp, kellesini, böleklän etini we içýagyny* oda atdy. 21 Içegelerini we aýaklaryny ýuwup, goçy tutuşlygyna gurbanlyk ojagynda ýakdy. Şeýdip, Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygyny berdi. Musa muny Ýehowanyň tabşyryşy ýaly etdi.

22 Soňra ol ruhanylary bellemek+ üçin hödürlenjek beýleki goçy getirdi. Harun bilen ogullary malyň kellesine elini goýdy+. 23 Musa goçuň damagyny çalyp, ganyndan biraz aldy⁠-⁠da, Harunyň sag gulagyna*, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna çaldy. 24 Harunyň ogullaryny hem getirip, gandan olaryň sag gulagyna*, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna çaldy. Galan gany bolsa gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepdi+.

25 Ol goçuň ýagyny, guýruk ýagyny, içýagyny, bagrynyň töweregindäki ýagy, iki böwregini, olaryň ýagyny we sag buduny aldy+. 26 Ýehowanyň huzuryndaky petir çörekli sebetden halka görnüşli petir+, ýaga ýugrulan halka görnüşli çörek+ we çelpek* alyp, goçuň ýagy bilen sag budunyň üstünde goýdy. 27 Musa olary Harun bilen ogullaryna berip, Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk⁠-⁠beýläk galgatdy. 28 Soňra şol zatlary olaryň elinden alyp, gurbanlyk ojagynda ýakma gurbanlygynyň üstünde ýakdy. Şeýdip, ruhanylary bellemek üçin Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk ýakyldy.

29 Musa goçuň döşüni alyp, Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk⁠-⁠beýläk galgatdy+. Ruhanylary bellemek üçin hödürlenen goçuň döşi Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Musanyň paýy boldy+.

30 Musa mukaddes ýagdan+ we gurbanlyk ojagyndaky gandan alyp, Harun bilen ogullaryna, olaryň eşiklerine sepdi. Şeýdip, ol Harun bilen ogullaryny⁠-⁠da+, eşiklerini⁠-⁠de mukaddes etdi+.

31 Soňra Musa Haruna we ogullaryna: «Goçuň+ etini ýygnak çadyrynyň agzynda gaýnadyň. Ony şol ýerde ruhany bellenmegiňiz üçin hödürlenen çörek bilen iýiň. Sebäbi Hudaý: „Muny Harun bilen ogullary iýsin“+ diýip tabşyrdy. 32 Etden we çörekden näme galsa ýakyň+. 33 Sizi ruhany edip bellemäge ýedi gün gerek bolar. Ruhany bellenýänçäňiz+, ýedi günläp ýygnak çadyrynyň agzyndan gitmäň. 34 Sizi günäden arassalamak üçin, Ýehowa şu günki edilen zatlary ýene⁠-⁠de alty gün etmegi tabşyrdy+. 35 Ýedi gije⁠-⁠gündizläp+ ýygnak çadyrynyň agzynda boluň. Ýehowanyň tabşyran zatlaryny ediň+, şonda heläk bolmarsyňyz. Hudaý şu zatlary size aýtmagy tabşyrdy» diýdi.

36 Harun bilen ogullary ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.

9 Sekizinji gün+ diýlende, Musa Harun bilen ogullaryny we ysraýyl ýaşulularyny çagyryp, 2 Haruna şeýle diýdi: «Özüňe günä gurbanlygy üçin şikessiz göle+, ýakma gurbanlygy üçin şikessiz goç alyp, Ýehowanyň huzuryna gel. 3 Ysraýyl halkyna⁠-⁠da aýt, günä gurbanlygy üçin bir teke, ýakma gurbanlygy üçin şikessiz birýaşar göle bilen erkek tokly, 4 parahatlyk gurbanlyklary üçin öküz bilen goç getirip+, Ýehowanyň huzurynda gurban bersinler. Ýag goşulan galla sadakasyny+ hem getirsinler. Şu gün Ýehowa size şöhratyny görkezer»+.

5 Olar Musanyň tabşyran zatlaryny ýygnak çadyrynyň* öňüne getirdiler. Soňra bütin jemagat gelip, Ýehowanyň huzurynda durdy. 6 Musa: «Ýehowanyň şöhratyny+ görmegiňiz üçin, Ýehowa şu zatlary tabşyrdy» diýdi. 7 Ol Haruna: «Gurbanlyk ojagynyň* ýanyna bar⁠-⁠da, günä gurbanlygyňy+, ýakma gurbanlygyňy berip, özüňi+ we öý⁠-⁠içeriňi* günäden arassala. Halkyň gurbanlyklaryny hem hödürläp+, Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, olary günäden arassala»+ diýdi.

8 Harun dessine gurbanlyk ojagynyň ýanyna baryp, günä gurbanlygy hökmünde getiren gölesiniň damagyny çaldy+. 9 Ogullary hem göläniň ganyny+ alyp, Haruna eltip berdiler. Harun gana barmagyny batyryp, gurbanlyk ojagynyň şahlaryna çaldy. Galanyny bolsa ojagyň düýbüne dökdi+. 10 Ol Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, günä gurbanlygynyň ýagyny, böwreklerini we bagryň töweregindäki ýagyny gurbanlyk ojagynda ýakdy+. 11 Eti bilen derisini bolsa düşelgäniň daşynda ýakdy+.

12 Soňra Harun ýakma gurbanlygynyň damagyny çaldy. Ogullary malyň ganyny alyp, Haruna eltip berdiler. Ol gany gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepdi+. 13 Ogullary ýakma gurbanlygynyň böleklerini we kellesini getirdiler. Harun olary gurbanlyk ojagynda ýakdy. 14 Malyň içegeleri bilen aýaklaryny⁠-⁠da ýuwup, gurbanlyk ojagynda ýakma gurbanlygynyň üstünde ýakdy.

15 Soňra ol halkyň gurbanlygyny hödürledi. Olaryň günäsi üçin getirilen geçiniň damagyny çalyp, başda berlen gurbanlyk ýaly, günä gurbanlygy edip berdi. 16 Ýakma gurbanlygyny hem kanunda tabşyrylyşy ýaly hödürledi+.

17 Harun irdenki+ ýakma gurbanlygynyň daşyndan galla sadakasyny+ hem berdi. Ondan bir goşawuç alyp, gurbanlyk ojagynda ýakdy.

18 Soňra halk üçin parahatlyk gurbanlygy hökmünde beriljek öküziň we goçuň damagyny çaldy. Ogullary gurbanlyklaryň ganyny alyp, Haruna eltip berdiler. Ol gany gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepdi+. 19 Öküziň ýagyny+, goçuň guýruk ýagyny, içýagyny, böwreklerini we bagryň töweregindäki ýagyny alyp+, 20 mallaryň döşüniň üstünde goýdular. Harun ýaglary gurbanlyk ojagynda ýakdy+. 21 Döşlerini we sag buduny bolsa Musanyň tabşyryşy ýaly, Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk⁠-⁠beýläk galgatdy+.

22 Harun günä gurbanlygyny, ýakma gurbanlygyny we parahatlyk gurbanlyklaryny hödürledi. Soňra halka elini uzadyp, ak pata berdi⁠-⁠de+, aşak düşdi. 23 Musa bilen Harun ýygnak çadyryna girdiler. Soňra çykyp, halka ak pata berdiler+.

Şonda tutuş halka Ýehowanyň şöhraty göründi+. 24 Ýehowanyň huzuryndan ot çykyp+, gurbanlyk ojagynda duran ýakma gurbanlygyny we ýaglary ýakyp kül etdi. Muny gören halk begenjinden gygyryp, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi+.

10 Birnäçe wagtdan Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhuw+ külatarlaryna köz we tütetgi salyp+, Ýehowanyň öňünde kanuna garşy gelýän ot ýakyp+, özlerine tabşyrylmadyk zady etdiler. 2 Şonda Ýehowadan ot gelip, olary ýakdy+. Olar Ýehowanyň huzurynda heläk boldular+. 3 Musa Haruna: «Ýehowa şeýle diýýär: „Huzuryma gelýän adam meniň mukaddesdigimi unutmasyn+, bütin halk meni şöhratlandyrsyn“» diýdi. Harun bolsa sesini çykarmady.

4 Musa Harunyň agasy* Uzyýeliň+ ogullary Mişaýyl bilen Alsapany çagyryp: «Geliň⁠-⁠de, doganlaryňyzyň jesedini mukaddes ýerden düşelgäniň daşyna çykaryň» diýdi. 5 Olar hem gelip, ruhany eşikli Nadap bilen Abyhuwy Musanyň aýdyşy ýaly, düşelgäniň daşyna çykardylar.

6 Musa Haruna we beýleki ogullary Algazar bilen Ytamara: «Ýas tutup, saçyňyzy ösdürmäň*, ýakaňyzy ýyrtmaň+. Ýogsam heläk bolarsyňyz, bütin halky hem Hudaýyň gazabyna duçar edersiňiz. Ýehowanyň ýakyp öldüren adamlary üçin ysraýyl doganlaryňyz ýas tutup biler. 7 Heläk bolmaz ýaly, ýygnak çadyrynyň* agzyndan gitmäň, sebäbi siz Ýehowanyň mukaddes ýagy bilen bellendiňiz»+ diýdi. Olar hem Musanyň aýdyşy ýaly etdiler.

8 Soňra Ýehowa Haruna: 9 «Senem, ogullaryňam ýygnak çadyryna içgili ýagdaýda* girmeli dälsiňiz+, ýogsam ölersiňiz. Muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. 10 Siz mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň, halal bilen haramyň tapawudyny bilip+, 11 Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunlaryny ysraýyllara öwretmelisiňiz»+ diýdi.

12 Musa Haruna we diri galan ogullary Algazar bilen Ytamara: «Ýehowa ýakylyp berlen galla sadakasyndan galanyny alyň⁠-⁠da, petir* bişirip, gurbanlyk ojagynyň* ýanynda iýiň+. Ol örän mukaddes sadakadyr+. 13 Petiri mukaddes ýerde iýiň+, ol Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlardan saňa we ogullaryňa düşen paýdyr. Muny maňa Hudaý tabşyrdy. 14 Göterme sadakasy hökmünde galgadylan döşi, mukaddes paý hökmünde berilýän budy+ ogul⁠-⁠gyzlaryň bilen arassa ýerde iý+. Ysraýyllaryň parahatlyk gurbanlyklaryndan saňa we ogullaryňa berýän paýym şoldur. 15 Olar mukaddes paý hökmünde berilýän budy we göterme sadakasynyň döşüni getirsinler. Şol zatlary ýakylýan gurbanlyklaryň ýagy bilen Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk⁠-⁠beýläk galgatmalydyr. Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, şol zatlar saňa we ogullaryňa hemişelik berlen paýdyr»+ diýdi.

16 Musa günä gurbanlygy+ üçin geçini soranda*, ony eýýäm ýakypdyrlar. Musa Harunyň diri galan iki ogly Algazar bilen Ytamara gaharlanyp: 17 «Näme üçin günä gurbanlygyny mukaddes ýerde iýmediňiz?+ Ol örän mukaddes ahyryn! Hudaý şol gurbanlygy halkyň günäsini boýnuňyza alyp, olary Ýehowanyň öňünde günäden arassalaň diýip beripdi. 18 Gurbanlygyň gany mukaddes çadyra eltilmedi+, şonuň üçin Hudaýyň tabşyrygyna görä, gurbanlygyň etini mukaddes çadyryň howlusynda iýmelidiňiz» diýdi. 19 Şonda Harun Musa: «Olar Ýehowanyň huzurynda günä we ýakma gurbanlyklaryny hödürlediler+. Ýöne başyma düşen zatlardan soň, bu gün günä gurbanlygyndan iýen bolsam, Ýehowa ýarardymy?» diýdi. 20 Musa hem onuň bilen razylaşdy.

11 Soňra Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýdyň: „Ýer ýüzündäki janly⁠-⁠jandarlardan şulary iýip bilersiňiz+: 3 goşa toýnakly we gäwüşeýän islendik haýwany iýse bolýandyr.

4 Ýöne gäwüşeýän ýa⁠-⁠da goşa toýnakly haýwanlardan şulary iýmäň: düýäni, sebäbi ol gäwüş gaýtarsa⁠-⁠da, goşa toýnakly däl. Ol siziň üçin haramdyr+. 5 Gaýa torsugyny+ hem iýmäň, sebäbi ol gäwüş gaýtarsa⁠-⁠da, goşa toýnakly däl. Ol siziň üçin haramdyr. 6 Towşany iýmäň, sebäbi ol gäwüş gaýtarsa⁠-⁠da, goşa toýnakly däl. Ol siziň üçin haramdyr. 7 Doňzy+ hem iýmäň, sebäbi ol goşa toýnakly bolsa⁠-⁠da, gäwüş gaýtarmaýar. Ol siziň üçin haramdyr. 8 Olaryň etini⁠-⁠de iýmäň, maslygyna⁠-⁠da degmäň. Olar siziň üçin haramdyr+.

9 Suwda ýaşaýan jandarlardan deňiz⁠-⁠derýalardaky ýüzgüçli we teňňeli islendik jandary iýip bilersiňiz+. 10 Emma deňiz⁠-⁠derýalarda, suwda ýaşaýan ýüzgüçsiz we teňňesiz uly⁠-⁠kiçi jandarlaryň* ählisi siziň üçin ýigrenjidir. 11 Olar siziň üçin haramdyr. Olaryň etini⁠-⁠de iýmäň+, maslygyna⁠-⁠da degmäň*. 12 Suwdaky ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlaryň hemmesi siziň üçin ýigrenjidir.

13 Ganatly jandarlaryň käbiri siziň üçin ýigrenji we haramdyr. Olardan şulary iýmäň: bürgüt+, balykçy gyrgy, gajar+, 14 gyzyl çaýkel, gara çaýkeliň ähli görnüşi, 15 garganyň ähli görnüşi, 16 düýeguş, baýguş, çarlak, laçynyň ähli görnüşi, 17 hüwi, garajagaz, otagaly hüwi, 18 guw, gotan, garaguş, 19 leglek, hokgaryň ähli görnüşi, hüýpüýpik we ýarganat. 20 Dört aýakly, ganatly mör⁠-⁠möjeklerem siziň üçin ýigrenjidir.

21 Dört aýakly, ganatly mör⁠-⁠möjeklerden bökýän bognaýaklylary iýse bolýandyr. 22 Olardan ganatly çekirtgeleriň ähli görnüşini, iýilýän çekirtgeleri+, çyrlaklary* we çekirtgeleriň başga⁠-⁠da görnüşlerini iýip bilersiňiz. 23 Dört aýakly, ganatly mör⁠-⁠möjekleriň galany siziň üçin ýigrenjidir. 24 Olary iýseňiz, haram bolarsyňyz. Kimde⁠-⁠kim olaryň maslygyna degse, agşama çenli haram hasaplanar+. 25 Olaryň maslygyny eline alan adam eşigini ýuwsun+, ol agşama çenli haram bolar.

26 Ýeke toýnakly we gäwüş gaýtarmaýan haýwanlar siziň üçin haramdyr. Olara degen hem haram bolar+. 27 Penjesinde ýöreýän dört aýakly haýwanlar siziň üçin haramdyr. Kimde⁠-⁠kim olaryň maslygyna degse, agşama çenli haram hasaplanar. 28 Olaryň maslygyny göteren adam eşigini ýuwsun+, ol agşama çenli haram bolar+. Olar siziň üçin haramdyr.

29 Süýrenijilerden şular siziň üçin haramdyr: körsyçan, syçan+, hažžygyň ähli görnüşi, 30 ala suwulgan*, zemzen, suwulgan, çöl suwulgany we hameleon. 31 Şol süýrenijiler siziň üçin haramdyr+. Kimde⁠-⁠kim olaryň maslygyna degse, agşama çenli haram bolar+.

32 Eger olaryň maslygy agaç gabyň, egin⁠-⁠eşigiň, deriniň ýa⁠-⁠da juluň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Haram bolan gaby ýuwuň*. Ol agşama çenli haramdyr, soňra halal bolar. 33 Eger olaryň maslygy toýun gaba gaçsa, içindäki zatlar hem haram bolýandyr. Gaby döwüň+. 34 Şeýle gabyň içindäki suw islendik iýmite degse, ol haram bolýandyr. Ondaky islendik içgi hem haram bolar. 35 Olaryň maslygy gaçan islendik zat haramdyr. Tamdyr ýa ojak bolsa⁠-⁠da, ony döwüň. Olar siziň üçin haramdyr, haramlygyna⁠-⁠da galsyn. 36 Olaryň maslygy çeşmä ýa⁠-⁠da guýa gaçsa, suw haram hasaplanmaz, emma maslygy çykaran adam haram bolar. 37 Eger olaryň maslygy ekilmeli tohumyň üstüne gaçsa, ol halallygyna galar. 38 Emma maslygyň bir ýeri suwa ezilen tohumyň üstüne gaçsa, tohum siziň üçin haram bolar.

39 Iýilýän haýwanlaryň biri haram ölse, maslygyna degen adam agşama çenli haram hasaplanar+. 40 Haram ölen haýwanyň etini iýen adam eşigini ýuwsun, ol agşama çenli haram bolar+. Onuň maslygyny göteren adam hem eşigini ýuwsun, ol agşama çenli haram hasaplanar. 41 Haram hasaplanýan süýrenijiler we mör⁠-⁠möjekler ýigrenjidir+, olary iýmäň. 42 Süýrenýän, dört aýakly jandarlary we köp aýakly mör⁠-⁠möjekleri iýmäň. Olar siziň üçin ýigrenjidir+. 43 Şol jandarlary iýip, özüňizi hapalamaň, haram etmäň+. 44 Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn+. Özüňizi arassa saklap, mukaddes boluň+, sebäbi men mukaddesdirin+. Haram jandarlary iýip, özüňizi haram etmäň. 45 Men — Ýehowa, sizi Müsür ýurdundan çykaryp, Hudaýyňyz boldum+. Mukaddes boluň+, sebäbi men mukaddesdirin+.

46 Ähli haýwanlar, ganatly jandarlar we ýerde⁠-⁠suwda ýaşaýanlar baradaky kanun şeýledir. 47 Kanunyň kömegi bilen, halaly haramdan, iýilýän jandarlary iýilmeýänlerden tapawutlandyryp bilersiňiz“»+.

12 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Eger aýal göwreli bolup, ogul dogursa, ýedi günläp aýbaşy döwründäki ýaly hapa hasaplansyn+. 3 Sekizinji gün çagany sünnetläň+. 4 Aýalyň gandan tämizlenmegi üçin ýene 33 gün gerek bolar. Tämizleniş döwri tamamlanýança, ol mukaddes zatlara el degirmesin, mukaddes çadyra⁠-⁠da gelmesin.

5 Eger ol gyz dogursa, 14 günläp aýbaşy döwründäki ýaly hapa hasaplansyn. Aýalyň gandan tämizlenmegi üçin ýene 66 gün gerek bolar. 6 Ogly ýa gyzy üçin tämizleniş döwri tamamlananda, ol ýakma gurbanlygy üçin erkek tokly+, günä gurbanlygy üçin kepderi* ýa⁠-⁠da gumry alyp, ýygnak çadyrynyň* agzyna, ruhana getirip bersin. 7 Ruhany olary Ýehowa hödürläp, aýaly günäden arassalar. Şeýdip, ol gan akmasyndan tämizlener. Aýalyň ogly bolsa⁠-⁠da, gyzy bolsa⁠-⁠da, şu kanuna eýermelidir. 8 Eger tokly bermäge ýagdaýy bolmasa, iki gumry ýa⁠-⁠da iki kepderi getirsin+. Birini ýakma gurbanlygy, beýlekisini günä gurbanlygy edip bersin. Ruhany hem aýaly günäden arassalasyn. Şonda ol tämizlener“».

13 Soňra Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2 «Eger adamyň endamynda çiş, gotur ýa menek döräp, heýwere* keseline+ meňzese, ony Harun ruhana ýa⁠-⁠da ogullarynyň birine görkezsin+. 3 Ruhany onuň endamyndaky ýarany barlasyn. Eger ýaranyň ýüzündäki tüýler agaryp, deriden aşak geçen bolsa, diýmek, ol heýwere keselidir. Ruhany ýarany gözden geçirip, ol adamy hapa diýip yglan etsin. 4 Ýöne menek ak bolsa we deriden aşak geçmän, ýüzündäki tüýler agarmadyk bolsa, ruhany ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn+. 5 Ýedinji gün ruhany ýene⁠-⁠de barlasyn. Eger deri keseli ýaýraman, öňküligine galan bolsa, ruhany ony ýene ýedi gün aýry saklasyn.

6 Ýedinji gün ruhany ýene⁠-⁠de gözden geçirsin. Eger deri keseli gurap, endamyna ýaýramadyk bolsa, ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin+, sebäbi ýarasy ýokanç däldir. Ol eşiklerini ýuwsun, şondan soň tämiz hasaplanar. 7 Emma ruhany ony tämiz diýip yglan edenden soň, ýara endamyna ýaýrap başlasa, ol ýene ruhana görünsin. 8 Ruhany ony gözden geçirsin. Eger endam⁠-⁠jany ýaradan doly bolsa, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin, sebäbi oňa heýwere keseli degipdir+.

9 Heýwere keseline uçran adamy ruhanynyň ýanyna getiriň. 10 Ruhany ony gözden geçirsin+. Eger endamynda ak çiş bolsa, üstündäki tüýleri agaryp, açyk ýara dörän bolsa+, 11 diýmek, ötüşen heýwere keselidir. Ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin. Ony täzeden barlamak üçin aýry saklamak+ gerek däl, sebäbi hapadygy eýýäm belli. 12 Ýöne heýwere adamyň depesinden dabanyna çenli tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany gözden geçirip, gowy barlasyn. 13 Ruhany ony barlap, heýwere keseliniň tutuş endamyna ýaýrandygyna göz ýetirse, onda şol adamy tämiz* diýip yglan etsin. Ol tämizdir, sebäbi bütin bedeni agarypdyr. 14 Emma endamynda açyk ýara dörese, ol hapa bolýandyr. 15 Ruhany onuň endamynda açyk ýara görse, hapa diýip yglan etmelidir+. Sebäbi açyk ýara hapa hasaplanýandyr, ol heýwere keselidir+. 16 Emma açyk ýara bitip, ýene agarsa, ol adam ruhanynyň ýanyna barsyn. 17 Ruhany ony ýene⁠-⁠de gözden geçirsin+. Eger ýarasynyň ýüzi agaran bolsa, ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin. Ol indi tämizdir.

18 Eger birine çyban çykyp, ýarasy bitse, 19 ýöne ýerinde ak çiş ýa⁠-⁠da açyk gyzyl menek dörese, ol ruhana görünsin. 20 Ruhany ony gözden geçirsin+. Eger ýara deriden aşak geçip, üstündäki tüýler agaran bolsa, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin. Ol çybanyň ýerinde dörän heýwere keselidir. 21 Emma ruhany ýarany barlanda, ýüzündäki tüýler agarmadyk bolsa, deriden aşak geçmän, guran bolsa, onda ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn+. 22 Eger ýara tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin. Oňa heýwere keseli degipdir. 23 Ýöne menek ýaýramasa, ol çybanyň yzydyr. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin+.

24 Adam bir ýerini ýaksa, ýanan ýerinde⁠-⁠de açyk gyzyl ýa ak menek dörese, 25 ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki tüýler agaryp, ýara deriden aşak geçen bolsa, onda ýarasynda heýwere keseli döräpdir. Ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin, sebäbi oňa heýwere keseli degipdir. 26 Emma ruhany ýarany barlanda, ýüzündäki tüýler agarmadyk bolsa, deriden aşak geçmän, guran bolsa, onda ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn+. 27 Ýedinji gün ruhany ony ýene⁠-⁠de gözden geçirsin. Eger ýara endamyna ýaýran bolsa, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin. Oňa heýwere keseli degipdir. 28 Ýöne ýara ýaýraman, gurasa, onda ol ýanyk sebäpli dörän çişdir. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin, sebäbi ýarasy diňe sowuklapdyr.

29 Bir erkegiň we aýalyň kellesine ýa⁠-⁠da eňegine ýara çyksa, 30 ruhany ony gözden geçirsin+. Eger ýara deriden aşak geçip, üstündäki tüýler saralyp, selçeňleşen bolsa, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin. Ol saç⁠-⁠sakgalda döreýän ýokanç keseldir, kellede we eňekde bolýan heýweredir. 31 Emma ruhany ýarany barlanda, ýara deriden aşak geçmedik bolsa, üstünde gara tüýler ýok bolsa, onda ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn+. 32 Ýedinji gün ruhany ýene⁠-⁠de barlasyn. Eger ýara ýaýramadyk we deriden aşak geçmedik bolsa, üstünde⁠-⁠de sary tüýler ýok bolsa, 33 ol adam saç⁠-⁠sakgalyny syrsyn, ýöne ýaraly ýerine degmesin. Ruhany ony ýene ýedi gün aýry saklasyn.

34 Ýedinji gün ruhany ýene barlasyn. Eger kelledäki ýa⁠-⁠da eňekdäki ýara ýaýramadyk we deriden aşak geçmedik bolsa, ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin. Ol adam eşiklerini ýuwsun, şondan soň tämiz hasaplanar. 35 Emma ol tämizlenenden soň, ýarasy ýaýrap başlasa, 36 ruhany ony gözden geçirsin. Ýarasy ýaýran bolsa, sary tüýleriň bolmagy hökman däl, sebäbi onuň hapadygy eýýäm belli. 37 Ýöne ruhany gözden geçiren mahaly ýara ýaýraman, üstünde gara tüýler çykan bolsa, diýmek, ýara bitipdir. Ol adam tämizdir, ruhany ony tämiz diýip yglan etsin+.

38 Erkegiň ýa aýalyň endamyna ak menekler çyksa, 39 ruhany gözden geçirsin+. Eger menekler agymtyl bolsa, onda örgüni ýokanç däldir. Ol adam tämizdir.

40 Eger biriniň saçy düşüp, kel bolsa, ol tämizdir. 41 Maňlaý saçy düşüp, kel bolsa, ol tämizdir. 42 Emma depe ýa⁠-⁠da maňlaý saçynyň düşen ýerinde açyk gyzyl ýara çyksa, ol kellede we maňlaýda döreýän heýweredir. 43 Ruhany ony barlasyn. Eger depe ýa maňlaý saçynyň düşen ýerinde açyk gyzyl çiş döräp, heýwere keseline meňzese, 44 diýmek, ol heýwere kesellidir we hapadyr. Kellesine ýara çykandygy sebäpli, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin. 45 Heýwere keselli adam ýyrtyk eşikleri geýip, saçyny daramasyn*. Ol agzyny tutup: „Men kesel, men kesel!“* diýip gygyrsyn. 46 Keselinden doly gutulýança, ol hapa hasaplanar. Ol düşelgäniň daşynda başgalardan aýry ýaşasyn+, sebäbi ol hapa hasaplanýar.

47 Eger ýüň ýa⁠-⁠da zygyr* matadan tikilen eşik, 48 zygyr ýa⁠-⁠da ýüň matanyň ýüplügi*, deri ýa⁠-⁠da deriden edilen zat heňlese*, 49 eşikde, deride, ýüplükde, deriden edilen zatda sarymtyl⁠-⁠ýaşyl ýa gyzylymtyl tegmil dörese, onda heýweräniň alamatydyr. Şol zady ruhana görkeziň. 50 Ruhany ony gözden geçirip, ýedi gün aýry saklasyn+. 51 Ýedinji gün barlanda, eşikdäki, ýüplükdäki, deridäki we deriden edilen zatdaky heň ýaýran bolsa, diýmek, ol çalt ýaýraýan heýwere keselidir. Şol zat hapa hasaplansyn+. 52 Ruhany heňlän eşigi, ýüň ýa⁠-⁠da zygyr matanyň ýüplügini, deriden edilen zady ýaksyn, sebäbi olara çalt ýaýraýan heýwere degipdir. Olary hökman ýakmalydyr.

53 Emma ruhany barlan mahaly eşikdäki, ýüplükdäki ýa⁠-⁠da deriden edilen zatdaky heň ýaýramadyk bolsa, 54 şol zady ýuwduryp, ýene ýedi gün aýry saklasyn. 55 Heňlän zat gowy ýuwlansoň, ruhany ony barlasyn. Heň ýaýramasa⁠-⁠da, öňküligine galan bolsa, şonda⁠-⁠da hapa hasaplansyn. Şol zady ýakyň, sebäbi ýa iç ýüzi, ýa daş ýüzi zaýalanandyr.

56 Ýöne ruhany gowy ýuwlan eşigi, derini ýa ýüplügi barlan mahaly heň biraz aýrylan bolsa, heňlän ýerini ýyrtyp aýyrsyn. 57 Emma şol eşigiň, ýüplügiň ýa deriden edilen zadyň başga ýeri heňläp başlasa, diýmek, ol ýaýraýandyr. Şol zady ýakyň+. 58 Ýöne ýuwlan eşikdäki, ýüplükdäki ýa deriden edilen zatdaky heň aýrylsa, ony ýene⁠-⁠de ýuwuň. Şondan soň ol tämiz hasaplanar.

59 Ýüň ýa⁠-⁠da zygyr matadan tikilen eşik, ýüplük, deriden edilen zat heňlese, onda şu kanuna eýerip, hapa ýa⁠-⁠da tämizdigini anyklaň».

14 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 2 «Heýwere keselli adamyň tämizlenýän güni şu zatlary ediň: ol adamy ruhanynyň ýanyna getiriň+. 3 Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, ony barlasyn. Eger ol adam heýwere keselinden sagalan bolsa, 4 ruhany oňa tämizlenmek üçin iki sany halal guşy, kedr agajynyň şahasyny, gyrmyzy ýüplügi we issop otuny* getirmegi tabşyrsyn+. 5 Ruhany guşlaryň birini çeşme suwy guýlan toýun gabyň üstünde öldürmegi buýursyn. 6 Beýleki guşy bolsa kedr şahasy, gyrmyzy ýüplük we issop oty bilen çeşme suwly gabyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn. 7 Soňra gany alyp, heýwere keselinden tämizlenýän adama ýedi gezek sepelesin⁠-⁠de, ony tämiz diýip yglan etsin. Diri guşy bolsa açyk meýdana uçuryp goýbersin+.

8 Tämizlenýän adam eşiklerini ýuwup, endamynyň ähli tüýlerini syryp, suwa düşsün. Şonda ol tämiz hasaplanar we düşelgä girip biler, ýöne ýedi günläp çadyryna girmesin. 9 Ýedinji gün saç⁠-⁠sakgalyny we gaşyny syrsyn. Soňra endamyndaky tüýlerini syryp, eşiklerini ýuwup, suwa düşsün. Şeýdip, ol tämizlener.

10 Sekizinji gün ol şikessiz iki sany erkek tokly, bir sany şikessiz urkaçy tokly+, bir şakäse* ýag, galla sadakasy üçin üç jam* ýokary hilli una ýag garyp getirsin+. 11 Tämiz diýip yglan edýän ruhany şol adamy gurbanlyklary bilen ýygnak çadyrynyň* agzyna, Ýehowanyň huzuryna getirsin. 12 Ruhany erkek toklynyň birini we şakäsedäki ýagy ýazyk gurbanlygy+ edip hödürlesin⁠-⁠de, Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk⁠-⁠beýläk galgatsyn+. 13 Ol toklyny mukaddes çadyryň howlusynda, günä we ýakma gurbanlyklaryň soýulýan ýerinde öldürsin+. Sebäbi günä gurbanlygy ýaly, ýazyk gurbanlygy hem ruhana berilmelidir+, ol örän mukaddesdir+.

14 Ruhany ýazyk gurbanlygynyň ganyndan alyp, tämizlenýän adamyň sag gulagyna*, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna çalsyn. 15 Soňra şakäsedäki ýagdan+ öz çep eliniň aýasyna guýsun⁠-⁠da, 16 sag eliniň barmagyny ýaga batyryp, Ýehowanyň huzuryna ýedi gezek damdyrsyn. 17 Ol eliniň aýasyndaky ýagdan tämizlenýän adamyň sag gulagyna*, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna, ýazyk gurbanlygynyň ganynyň üstünden çalsyn. 18 Elindäki ýagyň galanyny bolsa tämizlenýän adamyň başyna guýup, Ýehowanyň huzurynda günäden arassalasyn+.

19 Ruhany günä gurbanlygyny+ hödürläp, tämizlenýän adamy günäden arassalasyn. Soňra ol ýakma gurbanlygynyň damagyny çalsyn. 20 Ruhany gurbanlyk ojagynda* ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny+ hödürläp, ony günäden arassalasyn+. Şonda ol tämiz hasaplanar+.

21 Emma şol zatlary bermäge ýagdaýy bolmasa, onda günäden arassalanmak üçin bir erkek tokly getirsin. Ol toklyny ýazyk gurbanlygy hökmünde berip, göterme sadakasy hökmünde eýläk⁠-⁠beýläk galgatsyn. Galla sadakasy üçin bolsa bir jam* ýokary hilli una ýag garyp getirsin. Şeýle⁠-⁠de bir şakäse ýag, 22 ýagdaýyna görä iki gumry ýa⁠-⁠da iki kepderi* alyp gelsin. Olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip hödürlemelidir+. 23 Sekizinji gün+ şol zatlary ýygnak çadyrynyň agzyna, Ýehowanyň huzuryna getirsin. Şonda ruhany ol adamy tämiz diýip yglan eder+.

24 Ruhany ýazyk gurbanlygy üçin erkek toklyny+ we şakäsedäki ýagy alyp, Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk⁠-⁠beýläk galgatsyn+. 25 Soňra ol ýazyk gurbanlygy üçin toklynyň damagyny çalsyn. Ruhany ýazyk gurbanlygynyň ganyndan alyp, tämizlenýän adamyň sag gulagyna*, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna çalsyn+. 26 Soňra öz çep eliniň aýasyna ýag guýsun⁠-⁠da+, 27 sag eliniň barmagyny ýaga batyryp, Ýehowanyň huzuryna ýedi gezek damdyrsyn. 28 Ol eliniň aýasyndaky ýagdan tämizlenýän adamyň sag gulagyna*, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna, ýazyk gurbanlygynyň ganyny çalan ýerlerine çalsyn. 29 Elindäki ýagyň galanyny bolsa tämizlenýän adamyň başyna guýup, ony Ýehowanyň huzurynda günäden arassalasyn.

30 Eger adam ýagdaýyna görä iki gumry ýa⁠-⁠da iki kepderi getiren bolsa+, ruhany olary alyp, 31 birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip+, galla sadakasy bilen hödürlesin. Şeýdip, ruhany tämizlenýän adamy Ýehowanyň huzurynda günäden arassalasyn+.

32 Heýwere keselinden sagalan we tämizlenmek üçin gerekli zatlary bermäge ýagdaýy bolmadyk adam üçin kanun şeýledir».

33 Soňra Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 34 «Size mülk edip berjek+ Kengan ýurduma+ baranyňyzda, bir öý heňlese*+, 35 öý eýesi ruhanynyň ýanyna baryp: „Öýümde heň döräpdir, heýwerä meňzeýär“ diýip habar bersin. 36 Ruhany öýden bar goş⁠-⁠golamlary çykartsyn, ýogsam içindäki ähli zady hapa diýip yglan etmeli bolar. Diňe şondan soň ruhany gelip, öýi barlap biler. 37 Ol öýüň heňlän ýerini gözden geçirsin. Eger diwarda sarymtyl⁠-⁠ýaşyl ýa gyzylymtyl tegmiller bar bolsa, olar suwagdan aşak geçen bolsa, 38 ruhany öýden çyksyn⁠-⁠da, gapysyny ýedi günläp gulplap goýsun+.

39 Ýedinji gün gelip, jaýy ýene⁠-⁠de gözden geçirsin. Eger diwardaky heň ýaýran bolsa, 40 ruhany heňlän daşlary aýyrdyp, şäheriň daşyna, hapa dökülýän ýere taşlatsyn. 41 Soňra öýüň içiniň suwagyny gyrdyrsyn⁠-⁠da, şäheriň daşyna, hapa dökülýän ýere taşlatsyn. 42 Aýrylan daşlaryň ýerine başga daşlary örsünler. Ruhany öýi täzeden suwatsyn.

43 Emma heňlän daşlary aýryp, diwaryň suwagyny täzeleseler⁠-⁠de, ýene heň dörese, 44 ruhany öýe girip, gözden geçirsin. Eger heň ýaýran bolsa, onda ol howply heýweredir+. Öý hapa hasaplansyn. 45 Ruhany öýi ýykdyryp, daşlaryny, agaçlaryny we suwagyny şäheriň daşyna, hapa dökülýän ýere çykartsyn+. 46 Gulply wagty+ öýe giren adam agşama çenli haram hasaplanar+. 47 Kimde⁠-⁠kim şol öýde ýatsa ýa iýip⁠-⁠içse, eşigini ýuwsun.

48 Ýöne ruhany gelip, suwagy täzelenen öýi barlanda, heň ýaýramadyk bolsa, ol öýi tämiz diýip yglan etsin, sebäbi heň aýrylypdyr. 49 Öýi tämizlemek üçin iki guşy, kedr agajynyň şahasyny, gyrmyzy ýüplügi we issop otuny+ alsyn. 50 Guşlaryň birini çeşme suwy guýlan toýun gabyň üstünde öldürsin. 51 Soňra kedr şahasyny, issop otuny, gyrmyzy ýüplügi we beýleki guşy çeşme suwy guýlan gabyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyryp, öýe ýedi gezek sepelesin+. 52 Şeýdip, ruhany guşuň gany, çeşme suwy, diri guş, kedr şahasy, issop oty we gyrmyzy ýüplük bilen öýi tämizlesin. 53 Diri guşy şäherden çykaryp, açyk meýdana uçuryp goýbersin. Ruhany öýi şeýdip tämizlesin. Şonda öý arassa hasaplanar.

54 Heýweräniň islendik görnüşi: saç⁠-⁠sakgalda+, 55 egin⁠-⁠eşikde+, öýde+ döreýän heýwere, 56 çiş, gotur we menek+ barada kanun şeýledir. 57 Bir zadyň hapa ýa tämizdigini şunuň esasynda anyklarsyňyz+. Heýwere baradaky kanun şeýledir»+.

15 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýdyň: „Eger erkek adamyň jyns agzasyndan suwuklyk aksa, ol hapa bolýandyr+. 3 Suwuklyk dynman aksa⁠-⁠da, kesilip aksa⁠-⁠da, ol adam hapa hasaplansyn.

4 Onuň ýatan düşegi⁠-⁠de, oturan ýeri⁠-⁠de hapa bolýandyr. 5 Düşegine degen adam eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar+. 6 Eger biri suwuklygy akýan adamyň oturan ýerinde otursa, eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 7 Suwuklygy akýan adama degen kişi eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 8 Suwuklygy akýan adam tämiz adamyň üstüne tüýkürse, şol adam eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 9 Suwuklygy akýan adamyň oturan eýeri⁠-⁠de hapa bolýandyr. 10 Onuň oturan zadyna degen adam agşama çenli hapa hasaplanar. Şol zady göteren adam hem eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 11 Suwuklygy akýan adam elini ýuwman+, birine degse, şol adam eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 12 Suwuklygy akýan adamyň ellän toýun gabyny döwüň, agaç gabyny ýuwuň+.

13 Suwuklyk akmasy kesilip sagalan adam tämizlenmek üçin ýedi gün garaşmaly bolar. Soňra eşiklerini ýuwup, çeşme suwuna ýuwunsyn. Şonda ol tämizlener+. 14 Sekizinji gün ol iki gumryny ýa⁠-⁠da iki kepderini*+ ýygnak çadyrynyň* agzyna, Ýehowanyň huzuryna getirip, ruhana bersin. 15 Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip hödürläp, suwuklyk akmasy zerarly hapa bolan adamy Ýehowanyň huzurynda günäden arassalasyn.

16 Eger erkek adamyň tohumy aksa, bütin bedenini ýuwsun. Ol agşama çenli hapa hasaplanar+. 17 Tohum degen islendik eşigi we deriden edilen zady ýuwmalydyr. Şol zat agşama çenli hapa hasaplanar.

18 Erkek adam aýalyna ýanaşan* wagty tohumy aksa, ikisi⁠-⁠de ýuwunmaly. Olar agşama çenli hapa hasaplanar+.

19 Aýbaşysy gelýän aýal ýedi gün hapa hasaplansyn+. Oňa degen adam hem agşama çenli hapa hasaplanar+. 20 Aýbaşysy gelýän aýalyň ýatan we oturan ýeri hapa bolýandyr+. 21 Düşegine degen adam eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 22 Aýalyň oturan islendik zadyna degen adam eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar. 23 Aýalyň oturan düşegine ýa başga bir zadyna degen adam agşama çenli hapa hasaplanar+. 24 Eger erkek adam aýalyna ýanaşyp, aýbaşy gany bilen hapalansa+, ol ýedi gün hapa hasaplansyn. Şol adamyň ýatan islendik düşegi⁠-⁠de hapa hasaplanar.

25 Eger aýalyň aýbaşy döwründen başga wagty+ hem birnäçe günläp gan akmasy bolsa+ ýa⁠-⁠da aýbaşysy uzaga çekse, ol gan akmasy kesilýänçä, aýbaşy döwründäki ýaly hapa hasaplanar. 26 Aýbaşy wagtyndaky ýaly, gan akmasy bolan aýalyň ýatan islendik düşegi+ we oturan ýeri hapa hasaplanar. 27 Şol zatlara degen adam hem hapa hasaplanar. Ol eşigini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli hapa hasaplanar+.

28 Gan akmasy kesilen aýal ýene ýedi gün garaşsyn. Şondan soň ol tämiz hasaplanar+. 29 Sekizinji gün ol iki gumryny ýa⁠-⁠da iki kepderini+ ýygnak çadyrynyň agzyna getirip, ruhana bersin+. 30 Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip hödürläp, gan akmasy zerarly hapa bolan aýaly Ýehowanyň huzurynda günäden arassalasyn+.

31 Ysraýyllary hapalykdan goraň. Olar öz hapalygy bilen aralaryndaky mukaddes çadyrymy haram edip, heläk bolmasynlar+.

32 Jyns agzasyndan suwuklyk ýa tohum akyp, hapa bolan adam+, 33 aýbaşysy gelýän aýal+, suwuklygy akýan erkek we aýal+, hapa hasaplanýan aýala ýanaşan erkek barada kanun şeýledir“».

16 Harunyň iki ogly Ýehowanyň huzuryna baryp, heläk bolandan soň+, Ýehowa Musa bilen gepleşdi. 2 Ýehowa şeýle diýdi: «Doganyň Haruna aýt, tutynyň+ aňyrsyndaky iň mukaddes otaga+, äht sandygynyň ýanyna islän wagty girmesin, ýogsam öler+. Sebäbi gapagyň üstündäki+ bulutda meniň şöhratym görünýändir+.

3 Harun mukaddes ýere gelende, günä gurbanlygy üçin bir öküzçe+, ýakma gurbanlygy üçin bir goç getirsin+. 4 Ol zygyr* matadan tikilen mukaddes köýnegini+ we balagyny*+ geýsin. Biline zygyr guşagyny+ daňyp, başyna zygyr sellesini+ orasyn. Harun eşiklerini+ suwa düşüp+ geýsin, sebäbi olar mukaddesdir.

5 Ol ysraýyl halkyndan+ günä gurbanlygy üçin iki geçi*, ýakma gurbanlygy üçin bir goç alsyn.

6 Harun öz günäleri üçin gurbanlyk beriljek öküzçäni getirip, özüni+ we öý⁠-⁠içerisini* günäden arassalasyn.

7 Soňra iki geçini ýygnak çadyrynyň* agzyna, Ýehowanyň huzuryna getirsin. 8 Olaryň birini Ýehowa üçin, beýlekisini azazyl* üçin saýlar ýaly bije atsyn. 9 Harun Ýehowa üçin saýlanan+ geçini günä gurbanlygy edip hödürlesin. 10 Azazyl üçin geçini bolsa diriligine Ýehowanyň huzuryna getirsin⁠-⁠de, halkyň günälerini boýnuna ýükläp, çöle ibersin+.

11 Harun öz günäleri üçin gurbanlyk beriljek öküzçäni getirip, özüni we öý⁠-⁠içerisini günäden arassalasyn. Ol öz günäleri üçin+ hödürlenýän öküzçäniň damagyny çalsyn.

12 Soňra külatara+ Ýehowanyň huzurynda duran ojakdan* köz salsyn⁠-⁠da+, iki goşawuç owradylan hoşboý ysly tütetgi+ alyp, tutynyň aňyrsyna, iň mukaddes otaga girsin+. 13 Ýehowanyň huzuryna baryp+, tütetgini közüň üstüne guýsun. Onuň tüssesi äht*+ sandygynyň gapagyny örtmelidir+, şonda Harun ölmez.

14 Harun öküzçäniň ganyndan alyp+, barmagy bilen gündogar tarapdan gapagyň öňüne damdyrsyn. Ol gany barmagy bilen gapagyň öňüne ýedi gezek damdyrsyn+.

15 Soňra halkyň günäsi üçin gurbanlyk beriljek geçiniň damagyny çalyp+, ganyny tutynyň aňyrsyna eltsin+. Öküzçäniň ganyny+ edişi ýaly, ony hem gapagyň öňüne damdyrsyn.

16 Harun iň mukaddes otagy ysraýyllaryň haram işlerinden, ýazyklaryndan we günälerinden arassalasyn+. Ol haram işleri edýän ysraýyllaryň arasynda ýerleşen ýygnak çadyryny günäden arassalamalydyr.

17 Harun günäleri ýuwmak üçin iň mukaddes otaga girip çykýança, ýygnak çadyrynda hiç kim bolmasyn. Şeýdip, ol özüni, öý⁠-⁠içerisini+ we bütin ysraýyl halkyny günäden arassalasyn+.

18 Soňra çykyp, Ýehowanyň huzuryndaky gurbanlyk ojagyny+ günäden arassalasyn. Ol öküzçäniň we geçiniň ganyndan alyp, gurbanlyk ojagynyň şahlaryna çalsyn. 19 Barmagyny gana batyryp, ojagyň üstüne ýedi gezek damdyrsyn⁠-⁠da, ony ysraýyllaryň haram işlerinden tämizläp, mukaddes etsin.

20 Ol iň mukaddes otagy, ýygnak çadyryny we gurbanlyk ojagyny+ günäden arassalap+, beýleki geçini hem getirsin+. 21 Harun iki elini geçiniň kellesine goýsun⁠-⁠da, ysraýyllaryň bar etmişlerini, ýazyklaryny we günälerini boýun alsyn. Ol halkyň günälerini geçiniň boýnuna ýükläp+, ýörite bellenen adam bilen çöle ibersin. 22 Geçi olaryň ähli günälerini çöle äkider+. Ol adam geçini çöle goýbersin+.

23 Şondan soň Harun ýygnak çadyryna girsin⁠-⁠de, iň mukaddes otaga girende geýen zygyr eşiklerini çykaryp, şol ýerde goýsun. 24 Ol mukaddes ýerde* suwa düşüp+, ruhanylyk lybasyny geýsin+. Soňra gelip, özüniň we halkyň ýakma gurbanlyklaryny hödürlesin+, özüni⁠-⁠de, halky⁠-⁠da günäden arassalasyn+. 25 Ol günä gurbanlygynyň ýagyny gurbanlyk ojagynda ýaksyn.

26 Azazyl üçin geçini çöle äkiden adam+ düşelgä girmänkä, eşiklerini ýuwup, suwa düşsün.

27 Şeýdip, öküzçe bilen geçini günä gurbanlygy edip beriň. Günäden arassalanmak üçin, olaryň ganyny iň mukaddes otaga eltiň. Öküzçe bilen geçiniň derisini, etini we tezegini düşelgäniň daşynda ýakyň+. 28 Olary ýakan adam düşelgä girmänkä, eşiklerini ýuwup, suwa düşsün.

29 Şu zatlar siziň üçin hemişelik kanun bolsun: ýedinji aýyň onuna günäleriňize toba ediň*. Şol gün ýerli halkam, araňyzda ýaşaýan gelmişeklerem hiç hili iş etmesin+. 30 Şol gün günäleriňizden arassalanyp+, tämiz diýip yglan edilersiňiz. Ýehowanyň öňünde ähli günäňizden arassalanarsyňyz+. 31 Ol doly dynç alynýan Sabat günüdir. Şonda günäleriňize toba ediň+. Muny hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.

32 Kakasynyň ýerine+ ruhany+ bellenjek adam günäleri ýuwmak üçin gurbanlyk hödürläp, zygyr matadan tikilen+ mukaddes eşiklerini geýsin+. 33 Ol iň mukaddes otagy+, ýygnak çadyryny+, gurbanlyk ojagyny+, ruhanylary we tutuş halky günäden arassalamalydyr+. 34 Ysraýyllary ýylda bir gezek+ günäden arassalamak siziň üçin hemişelik kanun bolsun»+.

Ol hem ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdi.

17 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Harun bilen ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýt: „Ýehowa şeýle tabşyryk berýär:

3 „Ysraýyllaryň biri öküzini, erkek toklusyny ýa⁠-⁠da geçisini düşelgäniň içinde ýa daşynda soýsa, 4 maly Ýehowanyň mukaddes çadyrynyň, ýygnak çadyrynyň* agzyna, Ýehowanyň huzuryna getirmese, ol gan dökmekde günäkärdir. Ol adam gan dökeni üçin halkyň arasyndan ýok edilsin*. 5 Indiden beýläk ysraýyllar gurbanlyk mallaryny açyk meýdanda soýman, ýygnak çadyrynyň agzyna, Ýehowanyň huzuryna getirip, ruhana bersinler. Olary Ýehowa parahatlyk gurbanlygy edip hödürlesinler+. 6 Ruhany gurbanlyklaryň ganyny ýygnak çadyrynyň agzyndaky Ýehowanyň gurbanlyk ojagyna* sepsin, ýagyny bolsa Ýehowa ýakymly ysly gurban edip hödürlesin+. 7 Mundan beýläk geçä meňzeş jynlara* gurbanlyk berip+, biwepalyk* etmesinler+. Muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň“.

8 Olara şu sözlerimi hem ýetir: „Ysraýyllaryň we gelmişekleriň biri ýakma gurbanlygyny ýa başga bir gurbanlygy bermek islese, 9 ýöne Ýehowa hödürlemek üçin ýygnak çadyrynyň agzyna getirmese, ol adam halkyň arasyndan ýok edilsin+.

10 Ysraýyllaryň we gelmişekleriň biri gan iýse+, ondan ýüz öwrüp, halkyň arasyndan ýok ederin. 11 Jan* gandadyr+. Gany gurbanlyk ojagynda hödürlemek+ we günäleriňizi ýuwmak üçin berdim. Diňe gan günäden arassalap bilýändir+, sebäbi jan gandadyr. 12 Şol sebäpli ysraýyllara: „Hiç kim gan iýmesin, araňyzda ýaşaýan gelmişekler+ hem gan iýmeli däldir“+ diýipdim.

13 Ysraýyllaryň we gelmişekleriň biri iýilýän ýabany haýwany ýa⁠-⁠da guşy awlasa, ganyny akdyryp+, üstüni gömsün. 14 Sebäbi ähli jandaryň ganynda jan bardyr. Jan gandadyr. Şonuň üçin olara: „Hiç bir janly⁠-⁠jandaryň ganyny iýmäň. Ganda jan bardyr. Gan iýen adam öldürilsin“+ diýdim. 15 Ysraýyllaryň we gelmişekleriň biri haram ölen ýa⁠-⁠da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýse+, eşiklerini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli haram hasaplanar+. Şondan soň tämiz bolar. 16 Eger ol eşiklerini ýuwmasa we suwa düşmese, günäsi üçin jogap berer“»+.

18 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn+. 3 Çykyp gaýdan Müsür ýurduňyzda we indi barjak Kengan ýurduňyzda ýaşaýan halklaryň işlerini etmäň+. Olaryň däp⁠-⁠dessurlaryna eýermäň. 4 Hökümlerimi we kada⁠-⁠kanunlarymy berjaý edip ýaşaň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 5 Kada⁠-⁠kanunlarymy we hökümlerimi ýerine ýetiriň. Olary berjaý edýän adam ýaşar+. Men Ýehowadyryn.

6 Hiç kim ýakyn garyndaşyna ýanaşmasyn*+. Men Ýehowadyryn. 7 Kakaňa ýanaşma. Ejeňe⁠-⁠de ýanaşma, sebäbi ol seni dünýä indirdi, oňa ýanaşmaly dälsiň.

8 Kakaň aýalyna ýanaşma+, ýogsam kakaň namysyny depelärsiň.

9 Uýaňa ýanaşma. Bir öýde ýa başga öýde doglan bolsun, atabir ýa⁠-⁠da enebir uýaňa ýanaşma+.

10 Ogluňdan ýa gyzyňdan bolan gyz agtygyňa ýanaşma, ýogsam biabraý bolarsyň.

11 Kakaň başga aýalyndan bolan gyzyna ýanaşma, sebäbi ol kakaň gyzy, seniň bolsa uýaňdyr.

12 Kakaň aýal doganyna ýanaşma, ol kakaň ganybir doganydyr+.

13 Ejeň aýal doganyna ýanaşma, sebäbi ol ejeň ganybir doganydyr.

14 Kakaň doganynyň aýalyna ýanaşyp, agaň namysyny depeleme, sebäbi ol gelnejeňdir*+.

15 Ogluň aýalyna ýanaşma+, sebäbi ol gelniňdir, onuň bilen ýatmaly dälsiň.

16 Doganyň aýalyna ýanaşma+, ýogsam doganyň namysyny depelärsiň.

17 Bir aýalyň hem özüne, hem gyzyna ýanaşma+. Onuň oglundan ýa⁠-⁠da gyzyndan bolan gyz agtygyna ýanaşma, beýle etmek azgynlyk* bolar, sebäbi olar ýakyn garyndaşdyr.

18 Aýalyň dirikä, üstüne gyz jigisini alyp+, oňa ýanaşma.

19 Aýbaşysy gelýän aýala ýanaşma+.

20 Başga biriniň aýalyna ýanaşma, ýogsam haram hasaplanarsyň+.

21 Çagalaryňy Molek taňrysyna bagyş edip*+, öz Hudaýyň adyna ysnat getirme+. Men Ýehowadyryn.

22 Aýalyňa ýanaşyşyň ýaly, erkek adama ýanaşma+, bu nejislikdir.

23 Erkek adam haýwana ýanaşyp, özüni haram etmesin. Aýal maşgala hem haýwana ýanaşmasyn+, beýle etmek azgynlyk bolar*.

24 Şu zatlary edip, özüňizi haram etmäň. Meniň kowup çykarjak halklarym özüni şeýle işler bilen haram etdiler+. 25 Ýurt olar sebäpli haram boldy. Men günäleri üçin olara jeza bererin. Olar ýurtdan kowlup çykarylar*+. 26 Emma siz kada⁠-⁠kanunlarymy we hökümlerimi berjaý ediň+. Özüňizem, gelmişeklerem şu nejis işleri etmesin+. 27 Siziň barjak ýurduňyzda ýaşaýan adamlar şeýle nejis işleri edýärdi+. Şonuň üçin ýurt haram boldy. 28 Eger özüňizi şu zatlar bilen haram etmeseňiz, şol halklar ýaly ýurtdan kowulmarsyňyz. 29 Şu nejis işleriň birini eden adam halkyň arasyndan ýok edilsin*. 30 Meniň tabşyryklarymy berjaý ediň. Sizden öň ýaşan halklaryň ýigrenji däp⁠-⁠dessurlaryna eýerip+, özüňizi haram etmäň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn“».

19 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Mukaddes boluň, sebäbi men — Hudaýyňyz Ýehowa mukaddesdirin+.

3 Her kes ene⁠-⁠atasyna hormat goýsun+. Sabat baradaky kanunymy berjaý ediň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 4 Dereksiz taňrylara sežde etmäň+, guýma butlary ýasamaň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn.

5 Ýehowa parahatlyk gurbanlygyny bermek isleseňiz+, gurbanlygyňyz kabul bolar ýaly edip beriň+. 6 Gurbanlyk etini şol gün we ertesi iýiň. Üçünji güne galanyny ýakyň+. 7 Üçünji güne galan et iýilse, gurbanlyk kabul bolmaz, haram bolar. 8 Şol etden iýen adam Ýehowanyň mukaddes gurbanlygyny haram edeni üçin jogap bermeli bolar. Ol halkyň arasyndan ýok ediler*.

9 Hasyl ýygymynda ekiniň gyrasyny doly ormaň, ýere gaçan däneleri* çöplemäň+. 10 Üzümlikde galan⁠-⁠gaçan salkymlary ýygnamaň. Olary garyplara+ we gelmişeklere goýuň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn.

11 Ogurlyk etmäň+, ýalan sözlemäň+, birek⁠-⁠birege hile gurmaň. 12 Meniň adym bilen ýalandan ant içip+, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Ýehowadyryn. 13 Hiç kimi aldawa salma+, talaňçylyk etme+. Işçiniň zähmet hakyny bir günem saklama+.

14 Ker adama sögme*, köri büdretjek bolup, öňüne zat goýma+. Hudaýyňdan gork+. Men Ýehowadyryn.

15 Höküm çykaranyňda, garyba dözmezçilik edip ýa⁠-⁠da baýa ýaranjak bolup, adalatsyzlyk etme+. Her kime adalatly höküm çykar.

16 Il içinde gep gezdirme*+. Hiç kimiň kastyna çykma*+. Men Ýehowadyryn.

17 Ýüregiňde hiç kime ýigrenç saklama+. Ýakynyň etmişini ýüzüne aýt*+, şonda günäsine şärik bolmarsyň.

18 Ar alma+, ildeşiňden öýke⁠-⁠kine saklama. Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý+. Men Ýehowadyryn.

19 Şu kada⁠-⁠kanunlarymy hem berjaý ediň: iki dürli maly jübütleşdirme. Ekiniňe iki dürli tohum sepme+, iki dürli ýüplükden dokalan eşik geýme+.

20 Kimde⁠-⁠kim başga birine bellenen, ýöne yzyna satyn alynmadyk ýa⁠-⁠da azat edilmedik gyrnaga ýanaşsa*, ikisine⁠-⁠de jeza berilsin. Ýöne olary ölüme höküm etmäň, sebäbi gyrnak heniz azat edilmändi. 21 Ol adam bir goçy Ýehowa ýazyk gurbanlygy hökmünde ýygnak çadyrynyň* agzyna getirsin+. 22 Ruhany ony ýazyk gurbanlygy üçin goç bilen Ýehowanyň huzurynda günäden arassalasyn. Şonda günäsi bagyşlanar.

23 Size berjek ýurduma baryp, agaç oturtsaňyz, ilkinji miweleri siziň üçin hapa we haram bolsun, olary iýmäň. Üç ýylyň dowamynda ondan iýmek gadagandyr. 24 Dördünji ýyl agajyň miweleri mukaddes bolar. Olary höwes bilen Ýehowa sadaka beriň+. 25 Bäşinji ýyl agajyň miwelerini iýip bilersiňiz, ol size bol hasyl berer. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn.

26 Hiç bir eti gany bilen iýmäň+.

Pal atmaň, jadygöýlik etmäň+.

27 Saçyňyzyň iki gapdalyny aýyrmaň, sakgalyňyzyň ujuny gyrkmaň*+.

28 Merhum üçin ýas tutanyňyzda, teniňizi kesmäň+. Endamyňyza surat* çekdirmäň. Men Ýehowadyryn.

29 Gyzyňyzy ýoldan çykaryp*, biabraý etmäň+. Ýogsam ahlaksyz aýallardan ýaňa ýurtda azgynlyk köpeler+.

30 Sabat baradaky kanunymy berjaý ediň+, mukaddes çadyryma hormat goýuň*. Men Ýehowadyryn.

31 Jadygöýlere+ we bilgiçlere*+ ýüz tutup, özüňizi haram etmäň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn.

32 Ak saçly garrynyň öňünde ör tur+, garry adama hormat goý+. Hudaýyňdan gork+. Men Ýehowadyryn.

33 Ýurduňyza göçüp gelen gelmişegi äsgermezlik etmäň+. 34 Gelmişegi⁠-⁠de öz halkyňyzdan biri ýaly görüp+, özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň. Sizem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn.

35 Bir zadyň uzynlygyny, agramyny ýa⁠-⁠da göwrümini ölçäniňizde, hiç kimi aldamaň+. 36 Tereziňiz, terezi daşyňyz, galla önümlerini* we suwuk* zatlary ölçeýän gaplaryňyz dogry bolsun+. Men sizi Müsürden çykaran Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 37 Ähli kada⁠-⁠kanunlarymy we hökümlerimi berjaý edip ýaşaň+. Men Ýehowadyryn“».

20 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Halka şu sözlerimi ýetir: „Ysraýyllaryň ýa⁠-⁠da Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleriň biri çagasyny Molek taňrysyna bagyş etse*, ol adam hökman öldürilsin+. Halk ony daşlap öldürsin. 3 Çagasyny Molek taňrysyna bagyş edip, mukaddes çadyrymy hapalandygy+ we adyma ysnat getirendigi üçin, ol adamdan ýüz öwrüp, halkyň arasyndan ýok ederin*. 4 Eger halk çagasyny Molek taňrysyna bagyş eden adama göz ýumup, ony öldürmese+, 5 şol adamdan we maşgalasyndan özüm ýüz öwrerin+. Şol adamy⁠-⁠da, oňa goşulyp, Molek taňrysyna sežde* edenleri⁠-⁠de halkyň arasyndan ýok ederin.

6 Kimde⁠-⁠kim jadygöýlere+ we bilgiçlere*+ ýüz tutup, biwepalyk etse, ondan ýüz öwrüp, halkyň arasyndan ýok ederin+.

7 Özüňizi arassa saklap, mukaddes boluň+, sebäbi men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 8 Kada⁠-⁠kanunlarymy berjaý edip ýaşaň+. Sizi mukaddes edýän Hudaýyňyz Ýehowa mendirin+.

9 Ene⁠-⁠atasyna gargan adam hökman öldürilsin+. Ene⁠-⁠atasyna gargandygy üçin gany öz boýnunadyr.

10 Kimde⁠-⁠kim başga biriniň aýaly bilen zyna* etse, şu kanuna eýeriň: biriniň aýaly bilen zyna eden adam hökman öldürilsin. Zyna eden erkegem, aýalam öldürilmelidir+. 11 Eger biri kakasynyň aýalyna ýanaşsa*, kakasynyň namysyny depeleýändir+. Zynahorlaryň ikisi⁠-⁠de hökman öldürilsin, gany öz boýnunadyr. 12 Gaýynatasy öz gelnine ýanaşsa, ikisi⁠-⁠de hökman öldürilsin, sebäbi olar azgynlyk* etdi. Olaryň gany öz boýnunadyr+.

13 Kimde⁠-⁠kim aýala ýanaşyşy ýaly, erkek adama ýanaşsa, nejislik edýändir+. Olaryň ikisi⁠-⁠de hökman öldürilsin, gany öz boýnunadyr.

14 Eger biri aýalynyň üstüne onuň ejesini hem alsa, azgynlyk* edýändir+. Araňyzda azgynlyk köpelmez ýaly, olaryň üçüsini⁠-⁠de* öldürip ýakyň+.

15 Erkek adam haýwana ýanaşsa, şol adamy⁠-⁠da, haýwany⁠-⁠da hökman öldüriň+. 16 Eger bir aýal haýwana ýanaşsa+, aýaly⁠-⁠da, haýwany⁠-⁠da öldüriň. Olar hökman öldürilsin. Günäkärleriň gany öz boýnunadyr.

17 Kimde⁠-⁠kim süýtdeş, atabir ýa enebir uýasyna ýanaşsa, masgaraçylykdyr+. Olar halkyň gözüniň alnynda öldürilsin. Ol adam öz uýasyny biabraý edýändir. Ol günäsi üçin jogap bermeli bolar.

18 Bir adam aýbaşysy gelýän aýala ýanaşsa, gany mukaddes hasaplamandygy üçin+, olaryň ikisi⁠-⁠de halkyň arasyndan ýok edilsin.

19 Ejeň ýa kakaň aýal doganyna ýanaşmak günädir. Şeýle adam ýakyn garyndaşynyň namysyny depeleýändir+. Olaryň ikisi⁠-⁠de günäsi üçin jogap bermeli bolar. 20 Kakasynyň doganynyň aýalyna ýanaşan adam agasynyň namysyny depeleýändir+. Olaryň ikisi⁠-⁠de günäsi üçin jogap bermeli bolar. Olar çagasyz ölsün. 21 Doganyň aýalyna öýlenmek* nejislikdir+. Şeýle adam doganynyň namysyny depeleýändir. Olar çagasyz ölsün.

22 Ähli kada⁠-⁠kanunlarymy we hökümlerimi+ berjaý edip ýaşaň+. Şonda berjek ýurdumdan kowulmarsyňyz*+. 23 Kowup çykarýan halklarymyň däp⁠-⁠dessurlaryna eýermäň+. Şeýle işleri edendikleri üçin, men olary ýigrendim+. 24 Şol sebäpli: „Olaryň ýurduny siz eýelärsiňiz. Size süýt bilen bal akýan ýurdy mülk edip bererin+. Men sizi başga halklardan saýlap alan Hudaýyňyz Ýehowadyryn“+ diýipdim. 25 Halal we haram haýwanyň, halal we haram guşuň tapawudyny biliň+. Haram diýen haýwanlarymy, guşlarymy we süýrenijilerimi* iýip, özüňizi haram etmäň+. 26 Mukaddes boluň, sebäbi men, Ýehowa mukaddesdirin+. Sizi başga halklardan özüm üçin saýlap aldym+.

27 Erkek bolsun, aýal bolsun, jadygöýlik ýa bilgiçlik* eden adam hökman öldürilsin+. Halk ol adamy daşlap öldürsin, gany öz boýnunadyr“».

21 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: «Ruhanylara, ýagny Harunyň ogullaryna aýt: „Halkyň* arasyndan biri ýogalsa, hiç bir ruhany merhum üçin özüni hapalamasyn+. 2 Ol diňe ýakyn hossarynyň: ene⁠-⁠atasynyň, ogul⁠-⁠gyzynyň, doganynyň 3 ýa⁠-⁠da özi bilen bir öýde ýaşaýan* durmuşa çykmadyk uýasynyň ýasyny tutup* biler. 4 Emma ruhany ildeşine durmuşa çykan aýal üçin özüni hapalap, haram etmesin. 5 Ruhanylar saçyny syrmasyn+, sakgalynyň gyralaryny gyrkmasyn, endamyny kesmesin+. 6 Olar öz Hudaýynyň öňünde mukaddes bolmalydyr+, adyna ysnat getirmeli däldir+. Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary, ýagny Hudaýyň paýyny* hödürleýändigi üçin mukaddes bolsunlar+. 7 Olar ahlaksyz+, namysyna deglen ýa⁠-⁠da aýrylyşan aýala öýlenmesin+, sebäbi ruhany öz Hudaýy üçin mukaddesdir. 8 Hudaýyň paýyny hödürleýändigi üçin, ruhanyny mukaddes hasaplaň+. Ol siziň üçin mukaddes bolmalydyr, sebäbi sizi mukaddes edýän men — Ýehowa mukaddesdirin+.

9 Eger ruhanynyň gyzy azgynlyga* ýüz urup, biabraý bolsa, kakasynyň namysyny depeleýändir. Gyzy öldüriň⁠-⁠de, ýakyň+.

10 Başyna mukaddes ýag guýlup, doganlarynyň arasyndan saýlanan+ we ruhanylyk lybasyny geýen+ baş ruhany saçyny ösdürmesin*, ýakasyny ýyrtmasyn+. 11 Hatda ejesi ýa kakasy ýogalsa⁠-⁠da, jesede golaýlaşyp+, özüni hapalamasyn. 12 Ol mukaddes çadyrdan gitmesin, öz Hudaýynyň çadyryny haram etmesin+, sebäbi onuň başyna mukaddes ýag guýlup, Hudaýa bagyş edildi+. Men Ýehowadyryn.

13 Ol päk* gyza öýlensin+. 14 Dul galan, aýrylyşan, namysyna deglen ýa⁠-⁠da ahlaksyz aýaly alman, öz halkyndan päk gyza öýlensin. 15 Halkynyň içinde neslini hapalamasyn+, sebäbi ony mukaddes edýän men — Ýehowadyryn“».

16 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 17 «Haruna aýt: „Nesliňdäki maýyp adamlar Hudaýa paý hödürlemek üçin gurbanlyk ojagynyň* ýanyna gelmesin. 18 Gurbanlyk ojagynyň ýanyna maýyp, ýagny kör, agsak, ýüzi şikesli*, eli ýa⁠-⁠da aýagy uzyn, 19 aýagy ýa eli döwük, 20 küýki, kelte boýly*, gözi şikesli, gotur açan, demrewli* ýa erkeklik mäzine şikes ýeten adam gelmeli däldir+. 21 Harunyň neslinden maýyp adam Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürlemek üçin gurbanlyk ojagyna golaýlaşmasyn. Ol maýyp bolandygy üçin, Hudaýa paý hödürläp bilmez. 22 Ýöne ol Hudaýa berilýän paýdan, ýagny mukaddes+ we iň mukaddes zatlardan+ iýip biler. 23 Emma maýyp bolandygy üçin, tutynyň+ we gurbanlyk ojagynyň+ ýanyna gelip, mukaddes çadyrymy haram etmesin+. Sebäbi olary mukaddes edýän men — Ýehowadyryn“»+.

24 Musa bu zatlary Harun bilen ogullaryna we ysraýyllara ýetirdi.

22 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Harun bilen ogullaryna aýt, olar ysraýyllaryň getirýän mukaddes zatlaryna ünsli bolsunlar. Maňa bagyş edilýän gurbanlara biperwaý garap+, adyma ysnat getirmesinler+. Men Ýehowadyryn. 3 Olara şeýle diý: „Nesliňizden biri haram bolup, ysraýyllaryň Ýehowa bagyş eden mukaddes zatlaryna golaýlaşsa, ol adam ölüme höküm edilsin+. Men Ýehowadyryn. 4 Harunyň neslinden heýwere keselli+ ýa jyns agzasyndan suwuklygy akýan adam+ tämizlenýänçä+, mukaddes zatlardan iýmesin. Jeset sebäpli haram bolan adama degen+, tohumy akan+, 5 haram jandara*+ degen ýa⁠-⁠da islendik zat sebäpli haram bolan adama degen hem mukaddes zatlardan iýmeli däldir+. 6 Olaryň birine degen adam agşama çenli haram hasaplanar. Ol suwa düşmese+, mukaddes zatlardan iýip bilmez. 7 Gün ýaşansoň, ol tämiz hasaplanar we mukaddes zatlardan iýip biler, sebäbi öz paýyny iýýändir+. 8 Ol haram ölen ýa⁠-⁠da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanyny iýip, özüni haram etmesin+. Men Ýehowadyryn.

9 Olar mukaddes zatlarymy harlap, günä etmez ýaly we heläk bolmaz ýaly, meniň öňümde borçlaryny ýerine ýetirsinler. Olary mukaddes edýän men — Ýehowadyryn.

10 Keseki adam* mukaddes zatlardan iýmesin+. Ruhanynyň öýüne gelen myhman ýa⁠-⁠da hakyna tutma işçi hem olardan iýmeli däldir. 11 Ýöne ruhanynyň satyn alan guly ýa⁠-⁠da öýünde doglan gullary iýip biler+. 12 Eger ruhanynyň gyzy ruhany bolmadyk adama durmuşa çyksa, ol mukaddes sadakalardan iýmesin. 13 Ýöne ol çagasy bolmanka dul galyp ýa⁠-⁠da aýrylyşyp, atasy öýüne gelse, öňküsi ýaly kakasynyň saçagyndan iýip biler+. Emma keseki adam* ondan iýmesin.

14 Kimde⁠-⁠kim bilmän mukaddes zatdan iýse, ol ruhana başga mukaddes sadaka getirsin. Üstüne bäşden bir bölegini hem goşup bersin+. 15 Ruhanylar ysraýyllaryň Ýehowa bagyş edýän mukaddes zatlaryny harlamasyn+. 16 Olar halkyň mukaddes zatlardan iýip günä etmegine we jeza çekmegine sebäp bolmasyn. Olary mukaddes edýän men — Ýehowadyryn“».

17 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 18 «Harun bilen ogullaryna we bütin halka aýt: „Ysraýyllaryň we Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleriň biri Ýehowa wada beren ýa⁠-⁠da göwnünden çykaran+ ýakma gurbanlygyny berjek bolsa+, 19 gurbanlygy kabul bolar ýaly, şikessiz öküz+, erkek tokly ýa teke getirsin. 20 Şikesli maly gurbanlyk bermäň+, ýogsam gurbanlygyňyz kabul bolmaz.

21 Kimde⁠-⁠kim Ýehowa wada beren ýa⁠-⁠da göwnünden çykaran parahatlyk gurbanlygyny+ berjek bolsa, sürüsinden şikessiz mal getirsin, şonda gurbanlygy kabul bolar. Malyň hiç kemi bolmasyn. 22 Ýehowa kör, agsak*, ýaraly, siňňilli, gotur açan ýa demrewli maly gurbanlyk bermäň. Beýle maly Ýehowanyň gurbanlyk ojagynda* ýakmaň. 23 Bir aýagy uzyn ýa gysga öküzi we goýny göwnüňizden çykaryp gurbanlyk berip bilersiňiz. Ýöne şeýle maly Hudaýa wada berlen gurbanlyk hökmünde hödürleseňiz, gurbanlygyňyz kabul bolmaz. 24 Erkeklik mäzi şikesli, ezilen, ýolnan ýa⁠-⁠da kesilen maly Ýehowa gurbanlyk bermäň. Beýle mal Ysraýyl topragynda gurbanlyk berilmeli däldir. 25 Gelmişeklerden hem şeýle maly alyp, Hudaýyňyzyň paýy hökmünde hödürlemäň, sebäbi şikesli we maýyp⁠-⁠müjrüp mal kabul bolmaz“».

26 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 27 «Ýaňy doglan göläni, guzyny we owlagy ýedi gün enesiniň ýanynda saklaň+. Sekizinji günden başlap, olary Ýehowa ýakyp gurban berip bilersiňiz. Şonda gurbanlygyňyz kabul bolar. 28 Sygry gölesi bilen, goýny guzusy bilen bir günde soýmaň+.

29 Ýehowa şükür gurbanlygyny berjek bolsaňyz+, gurbanlygyňyz kabul bolar ýaly edip beriň. 30 Gurbanlyk etini şol gün iýiň, ertire galdyrmaň+. Men Ýehowadyryn.

31 Tabşyryklarymy berjaý edip ýaşaň+. Men Ýehowadyryn. 32 Mukaddes adyma ysnat getirmäň+. Men ysraýyl halkynyň arasynda mukaddes bolmalydyryn+. Sizi mukaddes edýän men — Ýehowadyryn+. 33 Sizi Müsür ýurdundan çykaryp, Hudaýyňyz boldum+. Men Ýehowadyryn».

23 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Ine şu baýramçylyklary+ mukaddes ýygnak hökmünde yglan edip+, Ýehowanyň şanyna bellemelisiňiz:

3 Ähli işiňizi alty günde ediň. Ýedinji gün doly dynç alynýan Sabatdyr+, mukaddes ýygnak günüdir. Şol gün hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşasaňyz⁠-⁠da, ol Ýehowa bagyşlanan Sabat güni bolsun+.

4 Şu mukaddes ýygnaklary, ýagny Ýehowanyň baýramçylyklaryny öz wagtynda belläň: 5 birinji aýyň 14⁠-⁠ne agşamara*+ Ýehowanyň şanyna Pasha baýramyny+ belläň.

6 Şol aýyň 15⁠-⁠ne bolsa Ýehowanyň şanyna Petir baýramyny belläň+. Ýedi günläp petir* iýiň+. 7 Birinji gün mukaddes ýygnak bolar+. Şol gün agyr iş etmeli dälsiňiz. 8 Ýedi günüň dowamynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürläň. Ýedinji gün mukaddes ýygnak bolar. Şol gün agyr iş etmeli dälsiňiz“».

9 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 10 «Ysraýyllara aýt: „Size berjek ýurduma baranyňyzda, hasylyňyzyň ilkinji desselerini+ ruhana getirip beriň+. 11 Ruhany şol desseleri Hudaýyň huzurynda eýläk⁠-⁠beýläk galgadar welin, Ýehowa sizden razy bolar. Ol muny Sabat gününiň ertesi etmelidir. 12 Dessäniň galgadylan güni Ýehowa ýakma gurbanlygy hökmünde şikessiz erkek tokly beriň. 13 Ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, Ýehowa ýakymly ysly galla sadakasy hökmünde ýakyň. Şerap sadakasy üçin bolsa bir golça* şerap getiriň. 14 Hudaýyňyza sadaka berjek günüňize çenli täze galla we ondan bişirilen çörek, gowurga* iýmäň. Nirede ýaşasaňyz⁠-⁠da, muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.

15 Sabat gününiň ertesi desseleriňizi göterme sadakasy edip hödürläniňizden soň, ýedi Sabat+, ýagny ýedi hepde geçsin. 16 Ýedinji Sabat gününiň ertesi, 50⁠-⁠nji gün+ Ýehowa täzeden galla sadakasyny hödürläň+. 17 Göterme sadakasy üçin öýüňizden* iki çörek getiriň. Olary iki jam* ýokary hilli una hamyrmaýa goşup bişiriň⁠-⁠de+, Ýehowa ekiniňiziň ilkinji hasyly hökmünde getiriň+. 18 Çörekleri şikessiz ýedi sany erkek tokly, bir öküzçe we iki goç bilen hödürläň+. Olary galla we şerap sadakalary bilen Ýehowa ýakma gurbanlygy edip beriň. Olaryň ýakymly ysy Ýehowa ýaraýandyr. 19 Bulardan başga⁠-⁠da, bir owlagy günä gurbanlygy+, iki erkek toklyny parahatlyk gurbanlygy edip hödürläň+. 20 Ruhany iki erkek toklyny we ilkinji hasyldan bişirilen çörekleri Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk⁠-⁠beýläk galgatsyn. Olar Ýehowa üçin mukaddes bolup, ruhana berilmeli paýdyr+. 21 Şol gün mukaddes ýygnak boljakdygyny yglan ediň+. Hiç hili agyr iş etmäň. Nirede ýaşasaňyz⁠-⁠da, muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.

22 Hasyl ýygymynda ekiniň gyrasyny doly ormaň, galan⁠-⁠gaçan desseleri çöplemäň+. Olary garyplara+ we gelmişeklere+ goýuň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn“».

23 Soňra Ýehowa Musa: 24 «Ysraýyllara aýt: „Ýedinji aýyň birine doly dynç alyň. Şol gün surnaý çalyp+, mukaddes ýygnak geçiriň. 25 Şol gün hiç hili agyr iş etmän, Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyk hödürläň“» diýdi.

26 Ýehowa sözüni dowam edip: 27 «Ýedinji aýyň onuna Günä geçilýän gün+ bolar. Şol gün mukaddes ýygnak geçiriň we günäleriňize toba edip*+, Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyk hödürläň. 28 Günä geçilýän gün hiç hili iş etmäň, sebäbi Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda günäden arassalanarsyňyz+. 29 Kimde⁠-⁠kim şol gün günälerine toba etmese*, halkyň arasyndan ýok edilsin*+. 30 Şol gün işlän adamy hem halkyň arasyndan ýok ederin. 31 Hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşasaňyz⁠-⁠da, muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. 32 Sebäbi ol doly dynç alynýan Sabat günüdir. Aýyň dokuzyna agşam günäleriňize toba ediň+. Şol gün agşamdan ertesi agşama çenli Sabat gününi belläň» diýdi.

33 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 34 «Ysraýyllara aýt: „Ýedinji aýyň 15⁠-⁠den başlap ýedi günüň dowamynda Ýehowanyň şanyna Çatma baýramyny belläň+. 35 Baýramçylygyň birinji güni mukaddes ýygnak geçirip, hiç hili agyr iş etmäň. 36 Ýedi günüň dowamynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürläň. Sekizinji gün mukaddes ýygnak geçirip+, Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürläň. Şol gün uly baýram ediň we hiç hili agyr iş etmäň.

37 Şu baýramçylyklary+ mukaddes ýygnak+ hökmünde jar çekdirip, Ýehowanyň şanyna belläň. Baýramçylyk günleri Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary: ýakma gurbanlygyny+, ýany bilen galla+ we şerap sadakasyny+ hödürläň. Her günki gurbanlygy öz wagtynda beriň. 38 Şol gurbanlyklary Ýehowa hödürläň. Ýehowa bagyş edilen Sabat günlerinde+ başga⁠-⁠da sadakalary, sowgatlary+, wada beren+ we göwnüňizden çykaran sadakalaryňyzy+ berersiňiz. 39 Ekiniň hasylyny ýygnanyňyzdan soň, ýedinji aýyň 15⁠-⁠den başlap ýedi günläp+ Ýehowanyň şanyna baýram ediň. Baýramçylygyň birinji we sekizinji güni doly dynç alyň+. 40 Birinji gün iň gowy miweleri, palma şahalaryny+, gür ýaprakly we jülgede ösýän derek agaçlaryň şahalaryny alyp geliň⁠-⁠de, ýedi günläp+ Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda şatlyk⁠-⁠şagalaň ediň+. 41 Ýehowa bagyşlanan şol baýramy her ýyl ýedi gün bellemelisiňiz+. Muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. Baýramçylygy ýedinji aýda belläň. 42 Ýedi günläp çatmada ýaşaň+. Ysraýylyň her bir ýaşaýjysy baýramçylyk günleri çatmada ýaşasyn. 43 Şonda geljekki nesilleriňiz+ hem ysraýyllary Müsürden çykaryp, çatmada ýaşadandygymy biler+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn“».

44 Musa ysraýyllara Ýehowanyň baýramçylyklary hakda habar berdi.

24 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 2 «Şemler mydama ýanyp durar ýaly, ysraýyllara şemdan üçin arassa zeýtun ýag getirmegi tabşyr+. 3 Harun ýygnak çadyrynda*, äht* sandygynyň öňündäki tutynyň daşynda duran şemleriň Ýehowanyň huzurynda her gün agşamdan irdene çenli ýanyp durmagyna gözegçilik etsin. Muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. 4 Harun şemleri elmydama Ýehowanyň huzurynda duran sap altyndan ýasalan şemdana+ düzüp goýsun.

5 Ýokary hilli undan 12 sany halka görnüşli çörek bişir. Çörekleriň hersini iki jam* undan bişiriň. 6 Olary Ýehowanyň huzuryndaky sap altyndan ýasalan stoluň üstünde+ alty⁠-⁠altydan iki hatar edip goý+. 7 Her hataryň üstüne⁠-⁠de arassa ladan* goý. Ol Ýehowa ýakylyp berilýän ýatlama sadakasynyň*+ çöregidir. 8 Her Sabat güni Ýehowanyň huzuryndaky çörekler täzelensin+. Ysraýyllar bilen baglaşan hemişelik ähtim şeýledir. 9 Çörekler Harun bilen ogullarynyň paýydyr+. Olar çöregi mukaddes ýerde iýsinler+. Sebäbi Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlardan ruhana düşýän paý örän mukaddesdir. Muny hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň».

10 Halkyň arasynda ejesi ysraýyllardan, kakasy müsürli biri bardy+. Bir gün ol düşelgede ysraýyllaryň biri bilen urşup başlady. 11 Ysraýyllardan bolan aýalyň ogly sögünip, Hudaýyň adyna* gargap başlady+. Şonda oglany Musanyň ýanyna getirdiler+. Onuň ejesi dan taýpasyndan Dibriniň gyzy Şelomitdi. 12 Ýehowanyň hökümi belli bolýança, oglany tussaglykda sakladylar+.

13 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 14 «Hudaýa dil ýetiren adamy düşelgäniň daşyna çykaryň. Gargyşyny eşidenleriň bary onuň kellesine elini goýsun, soňra halk ony daşlap öldürsin+. 15 Ysraýyllara aýt: „Kimde⁠-⁠kim Hudaýa dil ýetirse, günäsi üçin jogap bermeli bolar. 16 Ýehowanyň adyna gargan adam hökman ölüme höküm edilsin+. Halk ony daşlap öldürsin. Gelmişek bolsun, ýerli halkdan bolsun, Hudaýyň adyna dil ýetiren adamy ölüme höküm ediň.

17 Kimde⁠-⁠kim adam öldürse, hökman öldürilsin+. 18 Biriniň malyny urup öldüren adam öwezini dolup, mal deregine mal bersin. 19 Birini ýaralan adamyň özüni⁠-⁠de ýaralaň+. 20 Döwük deregine döwük, göz deregine göz, diş deregine diş bolsun. Ol kime nähili şikes ýetiren bolsa, özüne⁠-⁠de şeýle edilsin+. 21 Bir haýwany öldüren adam ýetiren zyýanynyň öwezini dolsun+. Ýöne kim adam öldürse, onuň özi⁠-⁠de öldürilsin+.

22 Gelmişek üçinem, ýerli halk üçinem bir kanuna eýeriň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn“».

23 Musa Hudaýyň aýdan sözlerini ysraýyllara ýetirdi. Olar hem Hudaýa dil ýetiren adamy düşelgeden çykaryp daşladylar+. Ysraýyllar Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.

25 Soňra Ýehowa Sinaý dagynda Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Size berjek ýurduma baranyňyzda+, Ýehowanyň Sabat baradaky kanunyna eýerip, her ýedinji ýyl topraga dynç beriň+. 3 Alty ýyl ekin ekip, üzümleri gyrkyň we hasylyny ýygnaň+. 4 Ýedinji ýyl bolsa topraga doly dynç beriň. Ol Ýehowa bagyşlanan Sabat ýyly bolsun. Şol ýyl ekin ekmäň, üzümleri gyrkmaň. 5 Hasyl ýygymynda gaçyp galan dänelerden gögeren gallany ormaň, gyrkylmadyk üzümiň miwesini ýygnamaň. Şol ýyl topraga doly dynç beriň. 6 Sabat ýyly öz⁠-⁠özünden biten zatlaryň hemmesini iýip bilersiňiz. Olar özüňize, gul⁠-⁠gyrnaklaryňyza, hakyna tutma işçileriňize, gelmişeklere, 7 mal⁠-⁠garaňyza we ýabany haýwanlara iýmit bolar. Toprakdan näme önse, iýip bilersiňiz.

8 Ýedi Sabat ýyly, ýagny ýedi sany ýedi ýyly hasaplaň, jemi 49 ýyl geçsin. 9 Şondan soň ýedinji aýyň onuna, Günä geçilýän gün+ surnaýy batly çaldyryň. Şol gün ýurduň ähli künjeginde surnaý sesi ýaňlansyn. 10 Siz 50⁠-⁠nji ýyly mukaddes hasaplap, ýurduň bütin ilatyna azatlyk yglan etmelisiňiz+. Şol ýyl siz üçin Azatlyk ýyly bolar. Her kim öz mülküni gaýdyp alsyn, hojalygyna dolanyp barsyn+. 11 Siziň üçin 50⁠-⁠nji ýyl Azatlyk ýyly bolsun. Şol ýyl ekin ekmäň, gaçyp galan dänelerden gögeren gallany ormaň, gyrkylmadyk üzümiň miwesini ýygnamaň+. 12 Sebäbi şol ýyl Azatlyk ýylydyr. Ol siziň üçin mukaddes bolsun. Şol ýyl diňe öz⁠-⁠özünden gögeren zatlary iýip bilersiňiz*+.

13 Azatlyk ýyly her kim öz mülküni yzyna alsyn+. 14 Bir zat satanyňyzda ýa⁠-⁠da alanyňyzda, peýda görjek bolup, biri⁠-⁠biriňizi aldamaň+. 15 Birinden ýer satyn aljak bolsaňyz, Azatlyk ýylyndan näçe ýylyň geçendigini hasaplaň. Ýerini satýan adam hem indiki Azatlyk ýylyna çenli alynjak hasyla görä baha kessin+. 16 Eger Azatlyk ýylyna çenli ep⁠-⁠esli ýyl bar bolsa, onda ýerini gymmadrak satyp biler. Az wagt galan bolsa, arzan bersin, sebäbi ol size şol ýyllarda alynjak hasyly satýandyr. 17 Biri⁠-⁠biriňizden peýda görjek bolmaň+, Hudaýyňyzdan gorkuň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn+. 18 Kada⁠-⁠kanunlarymy we hökümlerimi berjaý etseňiz, ýurtda howpsuz ýaşarsyňyz+. 19 Toprak size bol hasyl berer+, hezil edip iýersiňiz we asuda ýaşarsyňyz+.

20 Ýöne: „Ýedinji ýyl ekin ekmesek, näme iýeris?“ diýip alada etmäň+. 21 Sebäbi altynjy ýyl üstüňize bereket ýagdyraryn, toprak size üç ýyla ýeterlik hasyl berer+. 22 Sekizinji ýyl ekin ekseňiz⁠-⁠de, dokuzynjy ýyla çenli öňki hasyldan iýersiňiz. Täze hasyl ýetişýänçä, şondan iýersiňiz.

23 Hiç bir mülki hemişelik satmaň+, sebäbi ol meniňkidir+. Siz meniň üçin başga ýurtdan gelen gelmişek ýalysyňyz+. 24 Ýaşajak ýurduňyzda mülküni satan adamyň ony yzyna satyn almaga hukugy bolsun.

25 Eger ildeşiňizden biri garyp düşüp, mülküniň bir bölegini satsa, ýakyn hossary gelip, onuň ýerini yzyna satyn alsyn+. 26 Eger ýerini satyn alyp biljek hossary bolmasa, ýöne wagtyň geçmegi bilen, özüniň işi ugruna bolup, mülküni satyn almaga pul ýygnasa, 27 ol ýerini satan ýylyndan bäri alnan hasylyň puluny hasaplap, öňki bahadan aýyrsyn we galan puly mülki satyn alan adama bersin. Şonda ýerini yzyna alyp biler+.

28 Emma ýerini satyn almaga ýagdaýy bolmasa, mülk Azatlyk ýylyna çenli satyn alan adamda durar+. Azatlyk ýylynda ýer öňki eýesine berler. Şeýdip, ol mülküni yzyna alar+.

29 Kimde⁠-⁠kim şäherdäki öýüni satsa, satan wagtyndan başlap, bir ýylyň dowamynda yzyna satyn almaga haky bardyr. Ol bir ýylyň içinde öýi yzyna satyn alyp biler+. 30 Eger bir ýylyň içinde satyn almasa, onda öý satyn alan adama we nesline hemişelik mülk bolup galar. Azatlyk ýylynda⁠-⁠da öý öňki eýesine berilmez. 31 Emma obadaky öýler ekin meýdany ýaly hasaplansyn. Şol öýleri yzyna satyn alyp bolýandyr. Azatlyk ýylynda öýi öňki eýesine beriň.

32 Lewiler öz şäherlerindäki öýlerini+ islän wagty yzyna satyn alyp biler. 33 Eger lewileriň biri şäherindäki öýüni satyp, yzyna satyn almasa, Azatlyk ýylynda öý yzyna gaýtarylyp berilsin+, sebäbi lewileriň şäherlerindäki öýler olara ysraýyl halkynyň arasyndan berlen mülkdür+. 34 Emma lewileriň şäherleriniň töweregindäki öri meýdanlary+ satmaly däldir, olar lewilere hemişelik mülk edip berlipdi.

35 Eger ildeşiňiz garyp düşüp, gününi görüp bilmese, gelmişegi we başga milletlini goldaýşyňyz ýaly+, oňa⁠-⁠da kömek ediň+. Şonda ol araňyzda sag⁠-⁠salamat ýaşar. 36 Oňa hiç zady göterimine bermäň, peýda görjek bolmaň+, Hudaýyňyzdan gorkuň+. Goý, ol araňyzda sag⁠-⁠salamat ýaşasyn. 37 Puluňyzy göterimine+, iýmitiňizi peýda görjek bolup bermäň. 38 Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. Sizi Kengan ýurduna eltmek üçin Müsürden çykaryp+, Hudaýyňyz boldum+.

39 Eger bir ildeşiňiz garyp düşüp, özüni size satsa+, gul ýaly işletmäň+. 40 Ildeşiňize hakyna tutma işçi+ we gelmişek ýaly garaň. Ol size Azatlyk ýylyna çenli hyzmat etsin. 41 Soňra çagalary bilen dogan⁠-⁠garyndaşlarynyň ýanyna dolansyn, ata⁠-⁠babalarynyň mekanyna gaýdyp barsyn+. 42 Sebäbi ysraýyllar meniň Müsürden çykaran gullarymdyr+. Olar özüni gulçulyga satmasyn. 43 Olara ýowuz daraşmaň+, Hudaýyňyzdan gorkuň+. 44 Eger gul⁠-⁠gyrnak gerek bolsa, başga halklardan alyň. Gul⁠-⁠gyrnagy şolardan satyn alyp bilersiňiz. 45 Gelmişekleri we ýurduňyzda doglan çagalaryny+ gul edip alyp bilersiňiz. Olar siziň ygtyýaryňyzda bolar. 46 Olary hemişelik gul hökmünde ogullaryňyza miras edip galdyrarsyňyz. Olary gul edip işledip bilersiňiz, ýöne ysraýyl doganlaryňyza sütem etmäň+.

47 Araňyzda ýaşaýan gelmişek ýa başga milletli adam baýasa, ysraýyl doganyňyz bolsa garyp düşüp, özüni gelmişege ýa⁠-⁠da onuň maşgalasyndan birine gul edip satsa, 48 gulçulykdan yzyna satyn alynmaga haky bardyr. Ysraýyl doganlaryndan biri ony yzyna satyn alyp biler+. 49 Kakasynyň dogany, doganoglany ýa⁠-⁠da başga bir ýakyn* garyndaşy hem satyn alyp biler.

Eger ysraýyl doganyňyzyň özi baýasa, pul töläp, gulçulykdan azat bolup biler+. 50 Ol özüni gulçulyga satan wagtyndan Azatlyk ýylyna çenli+ galan ýyllary hojaýyny bilen hasaplasyn⁠-⁠da, şoňa görä bahasyny tölesin+. Onuň işlän günleri hakyna tutma işçiniň zähmet haky bilen hasaplansyn+. 51 Eger Azatlyk ýylyna çenli ep⁠-⁠esli ýyl bar bolsa, gul özi üçin tölemeli puluny şol ýyllara görä bersin. 52 Azatlyk ýylyna az wagt galan bolsa⁠-⁠da, puluny galan ýyllara görä tölesin. 53 Işlän döwri hojaýyny ysraýyl doganyňyza hakyna tutma işçi ýaly garasyn. Ildeşiňize sütem etdirmäň+. 54 Emma ol şu aýdylanlara görä özüni yzyna satyn alyp bilmese, onda Azatlyk ýylynda+ çagalary bilen azatlyga çykarylsyn.

55 Ysraýyllar meniň gullarymdyr, Müsürden çykaran gullarymdyr+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn.

26 Dereksiz taňrylary ýasamaň+, oýma butlary+ we keramatly sütünleri goýmaň, ýurduňyzda daş heýkelleri oturdyp+, sežde etmäň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 2 Sabat baradaky kanunymy berjaý edip, mukaddes çadyryma hormat goýuň*. Men Ýehowadyryn.

3 Kada⁠-⁠kanunlaryma eýerip, tabşyryklarymy berjaý edip ýaşasaňyz+, 4 ýurduňyza wagtly⁠-⁠wagtynda ýagyş ýagdyraryn+. Topragyňyz bol hasyl berip+, agaçlaryňyz miwe getirer. 5 Hasylyň bollugyndan ýaňa heniz harman döwüp gutarmankaňyz, üzümleriňiz ýetişer. Olary ýygnap ýetişmänkäňiz, ekiş döwri başlar. Ýurduňyz parahat bolar, bolçulykda ýaşarsyňyz*+. 6 Ýurduňyza parahatlyk bererin+, rahat ýatyp turarsyňyz+. Wagşy haýwanlary ýurduňyzdan kowup çykararyn, size gylyç galdyran adam bolmaz. 7 Duşmanlaryňyzy kowalap, gylyçdan geçirersiňiz. 8 Bäşiňiz 100 esgerden, 100 sanyňyz 10 000 esgerden üstün çykyp, duşmanlaryňyzy gylyçdan geçirersiňiz+.

9 Berekediňizi artdyraryn, ogul⁠-⁠gyzly edip, nesliňizi köpelderin+. Siz bilen baglaşan ähtime wepaly bolaryn+. 10 Entek öňki ýylyň hasylyny iýip gutarmankaňyz, täze hasyl üçin ammaryňyzy boşatmaly bolarsyňyz. 11 Mukaddes çadyrymy araňyzda goýaryn+, sizi hiç wagt taşlamaryn. 12 Hemişe ýanyňyzda bolaryn. Men siziň Hudaýyňyz+, siz hem meniň halkym bolarsyňyz+. 13 Sizi Müsür gulçulygyndan azat eden Hudaýyňyz Ýehowa mendirin. Başyňyzy dik tutup gezer ýaly, boýuntyrygyňyzy döwüp taşladym.

14 Emma maňa gulak asmasaňyz, tabşyryklarymy ýerine ýetirmeseňiz+, 15 kanunlaryma boýun bolman+, hökümlerimi ýigrenseňiz, tabşyryklarymy berjaý etmän, ähtimi bozsaňyz+, 16 sizi howsala düşürerin, inçekesele we gyzzyrma duçar ederin. Şonda gözüňiz kütelip, güýçden gaçarsyňyz. Eken ekinleriňiziň hözirini görmersiňiz, olary duşmanlaryňyz iýer+. 17 Sizden ýüz öwrerin. Duşmanlaryňyz sizi derbi⁠-⁠dagyn eder+, ýagylaryňyz üstüňizden depelär+. Yzyňyzdan kowgy gelmese⁠-⁠de, gorkup gaçarsyňyz+.

18 Şonda⁠-⁠da maňa gulak asmasaňyz, günäleriňiziň jezasyny ýedi esse artdyraryn. 19 Boýnuýogynlygyňyzy, tekepbirligiňizi döwüp taşlaryn. Asmany demre+, topragy mise döndererin*. 20 Zähmet çekseňiz⁠-⁠de, azabyňyz puç bolar, toprak hasyl bermez+, agaçlar miwe getirmez.

21 Emma şonda⁠-⁠da garşyma gidip, sözüme gulak asmasaňyz, günäleriňiziň jezasyny ýene ýedi esse artdyraryn. 22 Ýyrtyjy haýwanlary üstüňize küşgürerin+, olar çagalaryňyzy dalar+, mal⁠-⁠garaňyzy ýalmap ýuwudar. Sizi barmak basyp sanaýmaly bolar, köçeleriňiz boşap galar+.

23 Şu zatlardan soňam düzelmän+, garşyma gitseňiz, 24 men hem size garşy aýaga galyp, günäleriňiziň jezasyny ýene ýedi esse artdyraryn. 25 Ähtimi bozanyňyz üçin gylyç bilen ar alaryn+. Şäherleriňize gaçyp gizlenseňiz, araňyza gyrgyn keselini ýollaryn+. Sizi duşmanlaryň eline bererin+. 26 Sizi çörege* zar ederin+, on aýal bir tamdyrda çörek bişirer. Çöregi ölçäp iýersiňiz+, gerk⁠-⁠gäbe doýmarsyňyz+.

27 Şonda⁠-⁠da maňa gulak asman, garşyma gitmegi dowam etseňiz, 28 size has güýçli garşylyk görkezip+, günäleriňiziň jezasyny ýene ýedi esse artdyraryn. 29 Açlykdan ýaňa ogul⁠-⁠gyzyňyzy iýersiňiz+. 30 Seždegähleriňizi* ýumrup+, tütetgi ýakýan ojaklaryňyzy çym⁠-⁠pytrak ederin. Ýigrenji butlaryňyzy* kül edip, üstüne maslyklaryňyzy sererin+. Sizi ýigrenip, ýüz öwrerin+. 31 Şäherleriňizi ýer bilen ýegsan edip+, keramatly ýerleriňizi haraba öwrerin. Ýakymly ysly gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin*. 32 Ýurdy şeýle bir harabaçylyga öwrerin*+ welin, duşmanlar aňk⁠-⁠taňk bolup galar+. 33 Sizi halklaryň arasyna dargadaryn+, gylyjymy syryp, yzyňyzdan kowalaryn+. Ýurduňyz boşap galar, şäherleriňiz weýran bolar+.

34 Ýat ýurtda ýesir bolup ýaşarsyňyz, watanyňyz bolsa harabalykda ýatyp, öňki Sabat ýyllarynyň öwezini dolar. Boşap galan ýurt dynç alyp, Sabat ýyllaryny bellär+. 35 Ýurtda ýaşan wagtyňyz Sabat baradaky kanuna eýerip, topraga dynç bermediňiz. Şonuň üçin ýurt haraba öwrülip, doly dynç alar.

36 Diri galanlary+ bolsa duşman ýurdunda gorkuda ýaşadaryn. Olar ýapragyň şygyrdysyna⁠-⁠da gorkup gaçarlar. Yzlaryndan kowgy gelmese⁠-⁠de, biri gylyçly kowalaýan ýaly, kä ýykylyp, kä turup gaçarlar+. 37 Hiç kim kowalamasa⁠-⁠da, yzyndan gylyçly ýagy gelýän ýaly gaçyp, bir⁠-⁠birine büdräp ýykylarlar. Duşmanlaryňyza gaýtawul berip bilmersiňiz+. 38 Keseki halklaryň arasynda gyrlarsyňyz+, duşman ýurdunda heläk bolarsyňyz*. 39 Aman galanlar bolsa günäleri sebäpli duşman ýurdunda çüýrär+. Hawa, olar ata⁠-⁠babalarynyň etmişi üçin çüýräp gider+. 40 Şonda olar özleriniň+ we ata⁠-⁠babalarynyň günälerini, maňa garşy gidip, biwepalyk edendigini boýun alarlar+. 41 Etmişleri üçin olara garşy çykyp+, duşman ýurduna sürgün edendigime düşünerler+.

Belki, şonda olaryň daşa dönen* ýüregi ýumşap+, günälerine toba ederler*. 42 Men Ýakup+, Yshak+, Ybraýym bilen baglaşan ähtimi+ we ýurdy ýada salaryn. 43 Ýurt ilatsyz galanda, öňki Sabat ýyllarynyň öwezini dolup+, takrap ýatar. Halk bolsa hökümlerimi ýigrenip, kada⁠-⁠kanunlaryma boýun bolmandygy üçin jezasyny çeker+. 44 Ýöne duşman ýurdunda olary bütinleý taşlamaryn, köki bilen ýok etmerin+. Beýtsem, olar bilen baglaşan ähtimi+ bozdugym bolar, sebäbi men olaryň Hudaýy Ýehowadyryn. 45 Olaryň hatyrasyna ata⁠-⁠babalary bilen baglaşan ähtimi ýatlaryn+. Olary başga halklaryň gözüniň alnynda Müsürden çykaryp+, Hudaýy boldum. Men Ýehowadyryn“».

46 Ýehowanyň Sinaý dagynda Musa arkaly ysraýyllara beren düzgünleri, hökümleri we kanunlary şulardan ybaratdy+.

27 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Kimde⁠-⁠kim bir adamyň bahasyny Ýehowa bagyş etmegi wada berse+, 3 onda 20 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky erkek adam üçin mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen 50 şekel* kümüş bersin. 4 Aýal maşgala üçin bolsa 30 şekel tölesin. 5 Şeýle⁠-⁠de 5 ýaşdan 20 ýaş aralygyndaky oglanyň bahasy 20 şekel, gyzyňky 10 şekel bolsun. 6 Bir aýlykdan bäş ýaşa çenli oglanjygyň bahasy bäş şekel kümüş, gyzjagazyňky üç şekel kümüş bolsun.

7 Ýaşy 60 ýa⁠-⁠da ondan ýokary erkek adamyň bahasy 15 şekel, aýal maşgalanyňky 10 şekel bolsun. 8 Wada beren adamyň muňa ýagdaýy bolmasa+, Hudaýa bagyş edilýän adamy ruhanynyň ýanyna getirsin. Ruhany hem wada beren adamyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, baha kessin+.

9 Eger biri gurbanlyk berip bolaýjak maly Ýehowa hödürlemegi wada berse, Ýehowa berilýän islendik zat mukaddes bolýandyr. 10 Şol malyň deregine başgasyny berip ýa⁠-⁠da semiz maly hor mala, hor maly semiz mala çalşyp bolýan däldir. Eger çalyşsa, mallaryň ikisi⁠-⁠de Hudaýyňky bolar*. 11 Eger ol Ýehowa haram hasaplanýan maly+ wada beren bolsa, ony ruhanynyň ýanyna getirsin. 12 Ruhany şol malyň hor ýa semizligine görä baha kessin. Ruhanynyň aýdan bahasy gutarnykly baha bolsun. 13 Eger ol adam maly yzyna satyn aljak bolsa, bahasynyň üstüne bäşden bir bölegini goşup bersin+.

14 Eger biri öýüni Ýehowa bagyş etjek bolsa*, ruhany öýüň ýagdaýyna görä baha kessin. Öýüň bahasy ruhanynyň aýdan bahasyna görä bolsun+. 15 Emma ol adam öýüni yzyna satyn aljak bolsa, bahasynyň üstüne bäşden bir bölegini goşup bersin. Şonda ol jaýyny yzyna alyp biler.

16 Kimde⁠-⁠kim melleginiň bir bölegini Ýehowa bagyş etmek islese, bahasy ekiljek tohuma görä hasaplansyn. Bir ganar* arpa ekiljek mellek 50 şekel kümşe deň bolsun. 17 Eger ol mellegini Azatlyk ýylynda+ bagyş etse, bahasy öňküligine galar. 18 Ýöne mellek Azatlyk ýylyndan soň bagyş edilse, ruhany indiki Azatlyk ýylyna çenli näçe ýylyň galandygyny hasaplap, bahasyny arzanlatsyn+. 19 Mellegini bagyş eden adam yzyna satyn aljak bolsa, bahasynyň üstüne bäşden bir bölegini goşup bersin. Şonda ol mellegini yzyna alyp biler. 20 Eger ol mellegini yzyna satyn almasa we mellek başga birine satylsa, eýesi ony yzyna satyn alyp bilmez. 21 Azatlyk ýylynda mellek mukaddes zat hökmünde Ýehowa bagyş edilsin. Ol ruhanylaryň mülki hasaplansyn+.

22 Bir adam öz mirasy bolmadyk mellegi satyn alyp+, Ýehowa bagyş etse, 23 ruhany indiki Azatlyk ýylyna çenli galan ýyllary hasaplap, bahasyny çykarsyn. Ol adam aýdylan bahany şol günüň özünde bersin+, sebäbi ol Ýehowa üçin mukaddesdir. 24 Azatlyk ýylynda mellek öňki eýesine, ýagny kimden satyn alnan bolsa, şoňa berilsin+.

25 Ähli zadyň bahasy şekel bilen, mukaddes çadyrda ulanylýan ölçegde hasaplansyn. Bir şekel 20 gera* deň bolsun.

26 Hiç kim mal⁠-⁠garasynyň ilkinji doglanyny Hudaýa bagyş etmesin, sebäbi olar şonsuzam Ýehowanyňkydyr+. Öküzleriň⁠-⁠de, goýunlaryň⁠-⁠da ilkinji doglany Ýehowanyňkydyr+. 27 Haram malyň ilkinji doglanyny yzyna satyn alyp bolýandyr. Eýesi onuň bahasynyň üstüne bäşden bir bölegini goşup bersin+. Ýöne ol malyny satyn almasa, ruhany ony öňki bahadan satyp biler.

28 Kimde⁠-⁠kim özüne degişli adamy, maly ýa mellegi Ýehowa bütinleý bagyş etse*, ony satyp ýa⁠-⁠da yzyna satyn alyp bolýan däldir. Sebäbi bagyş edilen zatlaryň bary Ýehowa üçin örän mukaddesdir+. 29 Ölüme höküm edilen* adamy hem töleg töläp, azat edip bolýan däldir+. Ol hökman öldürilmelidir+.

30 Toprakdan önýän ähli zadyň: ekiniň⁠-⁠de, agaçlaryň⁠-⁠da hasylynyň ondan bir bölegi+ Ýehowanyňkydyr. Olar Ýehowa üçin mukaddesdir. 31 Eger adam islendik zadyň ondan bir bölegini yzyna satyn almak islese, bahasynyň üstüne bäşden bir bölegini goşup bersin. 32 Mal⁠-⁠garanyň hem ondan biri Ýehowa bagyş edilsin*. Çopan sürini sanap, her onunjy maly Hudaý üçin aýyrsyn. 33 Ol maly semiz ýa hor diýip saýlap oturmasyn, ýa⁠-⁠da başgasyna çalyşjak bolmasyn. Eger çalyşjak bolsa, mallaryň ikisi⁠-⁠de Hudaýyňky bolar*+. Olary yzyna satyn alyp bolýan däldir“».

34 Ýehowanyň Sinaý dagynda Musa arkaly ysraýyllara beren tabşyryklary şulardyr+.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: böwrek ýagy.

Ýa-da: böwrek ýagyny.

Kepderi jüýjesi göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: ýagly kül. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.

Ýa-da: ýukajyk çörek; gatlama.

Ýa-da: tabada.

Ir-iýmişleriň şiresi göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa-da: ýaňy baş çykaran sümmüliň dänesini.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: çöregi. Hamala Hudaý hem parahatlyk gurbanlygyndan iýýän ýalydy.

Sözme-söz: çöregi. Hamala Hudaý hem parahatlyk gurbanlygyndan iýýän ýalydy.

Sözme-söz: Ýag guýlup bellenen.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ýagly kül. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.

Halkyň ýaşululary göz öňünde tutulýan bolmagy mümkin.

Erkek mal göz öňünde tutulýar.

Urkaçy mal göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: nälet (ant) sesini eşitse-de. Günäkäri ýa-da şaýatlyk etmekden boýun gaçyrýany näletläp jar çekmegi aňladýan bolmaly.

Topar-topar bolup, ýerde-suwda ýaşaýan we uçýan kiçijik jandarlar göz öňünde tutulýar.

Sözünde durmadyk adam göz öňünde tutulýar.

Kepderi jüýjesi göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: içki geýimini.

Ýa-da: ýagly külüni. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ýag guýlup bellenen.

Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: tabada.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Gurbanlyk berýän adam.

Ýa-da: tabada.

Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.

Ýa-da: ýukajyk çörek; gatlama.

Ýa-da: arassa; tämiz.

Ýa-da: öldürilsin.

Ýa-da: hamyrmaýasyz çörekli.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ýuwundyrdy.

Ýa-da: ýeňsiz dony.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň: Urym we tummym.

Harunyň Hudaýa bagyş edilmegini aňladýan nyşan.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: böwrek ýagyny.

Ýa-da: gulagynyň ýumşak ýerine.

Ýa-da: gulagynyň ýumşak ýerine.

Ýa-da: ýukajyk çörek; gatlama.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: öz taýpaňy.

Harunyň kakasynyň dogany göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: timarsyz goýmaň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: şerap ýa-da şoňa meňzeş içgileri içip.

Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: gözlände.

«Kiçi jandar» diýlende, topar-topar bolup ýaşaýan we uçýan kiçijik jandarlar göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: ýigrenji hasaplaň.

Göni ganatlylar toparyndan gije jyrryldap ses çykarýan, çekirtge görnüşli mör-möjek.

Ýa-da: as.

Ýa-da: suwa salyp goýuň.

Kepderi jüýjesi göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: keseli ýokanç däl.

Ýa-da: saçyna timar bermesin.

Sözme-söz: Men hapa, men hapa!

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: erşi ýa argajy.

Sözme-söz: heýwere dörese. Sözlüge serediň: Heýwere.

Sözlüge serediň.

Bir şakäse 0,31 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: gulagynyň ýumşak ýerine.

Ýa-da: gulagynyň ýumşak ýerine.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Kepderi jüýjesi göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: gulagynyň ýumşak ýerine.

Ýa-da: gulagynyň ýumşak ýerine.

Sözme-söz: heýwere dörese. Sözlüge serediň: Heýwere.

Kepderi jüýjesi göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Şu bapda «ýanaşmak» diýlende, jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: içki geýimini.

Erkek owlak göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: öz taýpasyny.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: şaýatlyk.

Çadyryň howlusy göz öňünde tutulýan bolmaly.

Sözme-söz: janyňyza ezýet beriň. Agyz beklemek we özüňi käbir zatlardan kesmek göz öňünde tutulýan bolmaly.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: öldürilsin.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: geçilere. Jynlara sežde eden adamlar olara geçä meňzeş tüýlek jandardyr öýden bolmaly.

Sözme-söz: zyna.

Sözlüge serediň.

Şu bapda «ýanaşmak» diýlende, jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: ýeňňeňdir.

Ýa-da: haýasyzlyk.

Ýa-da: gurbanlyk berip.

Ýa-da: tebigata garşy gelýändir.

Sözme-söz: Ýurt olary gusar.

Ýa-da: öldürilsin.

Ýa-da: öldüriler.

Ýa-da: hoşalary.

Ýa-da: gargama.

Ýa-da: töhmet ýaýratma.

Başga manysy: Biriniň janyna howp abanýandygyny göreniňde, gyra çekilip durma.

Ýa-da: berk käýinç ber.

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Sakgalyňa timar bermezlik däl-de, butparazlaryň däbi göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa-da: tatuirowka.

Pul üçin ahlaksyzlyk etmek göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: gorkuň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: çuwallaryňyz. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: küýzeleriňiz. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: gurbanlyk berse.

Ýa-da: öldürerin.

Sözme-söz: zyna.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Şu bapda «ýanaşmak» diýlende, jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: tebigata garşy gelýän zady.

Ýa-da: haýasyzlyk.

Aýallaryň ikisi hem şeýle gatnaşyga razy bolandygy üçin ölüme höküm edilen bolmaly.

Dogany dirikä, aýalyny almak göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: ýurdum sizi gusmaz.

Alaka, hažžyk ýaly jandarlar we mör-möjekler hem göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Ruhanylaryň taýpasy ýa tiresi göz öňünde tutulýan bolmaly. 4, 14, 15-nji aýatlara serediň.

Sözme-söz: özüne ýakyn bolan.

Sözme-söz: özüni hapalap.

Sözme-söz: çöregini. Gurbanlyklar göz öňünde tutulýar.

Pul üçin ahlaksyzlyk etmek göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: timarsyz goýmasyn.

Ýa-da: durmuşa çykmadyk.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: burny çapyk.

Ýa-da: liliput. Başga manysy: igli; gaty hor.

Deriniň ýüzünde tegelek-tegelek tozgalap duran deri keseli.

Topar-topar bolup, ýerde-suwda ýaşaýan we uçýan kiçijik jandarlar göz öňünde tutulýar.

Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.

Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.

Ýa-da: şikes ýeten; aýagy döwük.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.

Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.

Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: gowrulan bugdaý.

Sözme-söz: ýaşaýan ýeriňizden.

Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: janyňyza ezýet berip. Agyz beklemek we özüňi käbir zatlardan kesmek göz öňünde tutulýan bolmaly.

Başga manysy: agyz beklemese.

Ýa-da: öldürilsin.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: şaýatlyk.

Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

15, 16-njy aýatlara görä, «Ýehowa» diýen at göz öňünde tutulýar.

Şol ýyl hemişeki ýaly hasyl ýygymy bolmaýardy. Emma garyplar gündeki iýjegini ýygnap bilýärdi.

Ýa-da: ganybir.

Sözme-söz: gorkuň.

Ýa-da: çöregiňizi doýup iýersiňiz.

Ýagyş ýagman, gurakçylyk boljagyny aňladýar.

Sözme-söz: çörekli taýaga. Çörek asylyp goýlan taýaklar göz öňünde tutulýan bolmaly.

Sözlüge serediň.

Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.

Ýa-da: ysgamaryn.

Ýa-da: Ýurduňyz boşap galar.

Sözme-söz: ýurdy sizi ýuwudar.

Sözme-söz: sünnetsiz.

Ýa-da: eden günälerine düşünerler; eden etmişlerini egni bilen çekerler.

Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: mukaddes bolar.

Sözme-söz: Ýehowa üçin mukaddes etjek bolsa.

Bir ganar 220 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Bir gera 0,57 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: ýok etmek üçin aýyrsa.

Ýa-da: Ölüme bagyş edilen.

Sözme-söz: mukaddes bolsun.

Sözme-söz: mukaddes bolar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş