NAKYLLAR KITABY
1 Ysraýyl patyşasy+ Dawut ogly+ Süleýmanyň nakyllary+.
2 Nakyllar akyldar bolmaga+, terbiýäni kabul etmäge,
Pähimli sözlere düşünmäge kömek edýär.
3 Nakyllar terbiýeleýär+, düşünjäňi artdyrýar,
Dogruçyl+, adalatly bolmagy+, halal ýaşamagy* öwredýär.
5 Paýhasly adam diňläp, tabşyryga* düşünýär+,
Düşünjeli adam maslahat* soraýar+,
6 Nakyllara, matallara,
Pähimlere we tapmaçalara düşünýär+.
7 Ýehowadan gorky* bilimiň başydyr+,
Akylsyzlar akyldarlygy, terbiýäni ýigrenýändir+.
10 Oglum, erbetler seni azdyrjak bolsa, olara ynanma+.
11 Olar saňa: «Ýör, bile gideli.
Adam öldürmek üçin duzak guraly.
Bigünä adama garaşyp bukuda ýataly.
12 Biz olary mazar* kimin,
Çukur kimin diriligine ýuwudarys.
13 Olaryň baýlygyny alarys,
Öýümizi oljadan doldurarys.
14 Bize şärik bol,
Oljany deň paýlaşarys» diýseler,
15 Oglum, olara goşulma,
17 Guşuň gözüniň öňünde tor gurup tutup bolmaz.
18 Olar hem bigünä gany dökmek üçin,
Jan almak üçin bukuda ýatýarlar.
19 Haram gazanjyň yşkyna düşenler şeýle işleri edýärler,
Olar baýlyk diýip, öz janyny pida edýärler+.
20 Akyldarlyk*+ köçelerde gygyrýar+,
Sesi şäher meýdançalarynda* eşidilýär+.
21 Çatryklarda durup, uly märekä ýüzlenýär.
Şäher derwezelerinde durup şeýle diýýär+:
22 «Sadalar*, haçana çenli her söze ynanyp ýörjek?
Ýaňsylaýjylar, haçana çenli ýaňsylamakdan keýp aljak?
Akmaklar, haçana çenli bilimi ýigrenjek?+
23 Käýinjimi diňläp, düzeliň+.
24 Men çagyrdym, jogap bermediňiz,
Elimi uzatdym, ünsem bermediňiz+.
25 Maslahatyma gulak asmadyňyz,
Käýinjimi diňlemediňiz.
26 Betbagtçylyga uçranyňyzda üstüňizden gülerin,
Başyňyza gorkýan zadyňyz inende heşelle kakaryn+.
27 Betbagtçylyk tüweleý kimin inende,
Bela-beter tupan ýaly gelende,
Gaýgy-alada üstüňizi basanda, sizi utanja goýaryn.
28 Şonda olar çagyrarlar, men jogap bermerin.
Jan edip meni gözlärler, ýöne tapmazlar+.
29 Sebäbi olar bilimi ýigrendiler+,
Ýehowadan gorkmadylar+.
30 Olar maslahatymy diňlemediler,
Käýinjime gulak asmadylar.
31 Olar näme ekse, şony orar+.
Gazan çukuryna özi düşer.
32 Tejribesizleri* özdiýenliligi heläk eder,
Akmaklary biperwaýlygy öldürer.
2 Oglum, sözlerime gulak assaň,
Tabşyryklarymyň gadyryny bilseň+,
2 Akyldarlygy diňleseň+,
Parasatlylygy* ýürekden agtarsaň+,
Parasatly bolmak* üçin ýalbarsaň+,
Gizlin hazyna kimin agtarsaň+,
5 Ýehowadan gorkmagy öwrenersiň+,
Hudaýy tanarsyň+.
8 Ol dogruçyllaryň ýollaryna nazar salýar,
Wepaly bendeleriniň ýodalaryny goraýar+.
9 Şonda sen hakykata, dogruçyllyga we adalata düşünersiň,
Dogry ýoldan ýörärsiň+.
10 Akyldarlyk ýüregiňde kök uranda+,
Parasatlylyk* saňa hemaýat berer.
12 Seni erbet ýoldan,
Ýalançy adamlardan gorar+.
13 Dogry ýoldan sowlup,
Tümlükde gezýänlerden+,
14 Erbet işlerden keýp alýanlardan,
Zalymlygy, hilegärligi gowy görýänlerden,
15 Egri ýollardan ýöreýänlerden,
Ganyna hilegärlik siňen adamlardan gorar.
16 Akyldarlyk seni azgyn* aýaldan,
Ahlaksyz* aýalyň süýji dilinden gorar+.
17 Ol aýal ýaşlykda durmuşa çykan ärini* taşlady+,
Hudaýa beren wadasyny ýatdan çykardy.
18 Onuň öýüne baran diri çykmaz,
Ýollary mazara eltýär+.
Hudaýa wepaly* adamlar ýaşar+.
3 Oglum, öwüt-ündewimi* unutma,
Tabşyryklarymy ýürekden berjaý et.
2 Şonda uzak ömür sürersiň,
Parahatlykda ýaşarsyň+.
3 Wepadarlyk* we dogruçyllyk* hemraň bolsun+.
Olary ýüregiňe ýaz+, monjuk kimin boýnuňa dak.
4 Şonda Hudaýyň we adamlaryň öňünde ýagşy adyň bolar+,
Düşünjeli adam hökmünde tanalarsyň.
7 Özüňe akyllydyryn öýtme+.
Ýehowadan gork, erbetlikden gaça dur.
8 Akyldarlyk bedeniňe melhem bolar,
Süňkleriň kuwwatlanar.
9 Ýehowany sylap, mal-mülküňden+,
Ilkinji* hasylyňdan sadaka ber+.
10 Şonda ammarlaryň dolup daşar+,
Küýzeleriň täze şerapdan püre-pür bolar.
11 Oglum, Ýehowanyň terbiýesinden boýun gaçyrma+,
Käýinjini ýigrenme+.
12 Ata gowy görýän ogluny terbiýeleýär+,
Ýehowa-da söýýänine temmi berýär+.
13 Akyldarlygy gözläp tapan+,
Parasatly bolmagy* öwrenen bagtlydyr.
14 Akyldar bolmak kümüş gazanmakdan gowudyr,
Altyndan hem köp peýda berýändir+.
15 Ol merjenden has gymmatly,
Hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez.
16 Onuň sag elinde uzak ömür,
Çep elinde şöhrat we baýlyk bardyr.
17 Onuň ýollaryndan ýöreýän ynsan bagtlydyr,
Ýodalaryna gadam basýan parahatlykda ýaşaýar+.
18 Akyldarlyk ýaşaýyş daragtydyr,
Oňa ýapyşanlar uzak ýaşar we bagtly bolar+.
19 Ýehowa ýeri akyldarlyk bilen+,
Gökleri parasatlylyk* bilen berkitdi+.
20 Alla bilimi bilen suwlary böldi,
Bulutlardan ýagyş ýagdyrdy+.
Akyldarlyga ýapyş, akylyňy* ýitirme.
22 Olar seniň ömrüňi uzaldar,
Boýnuňa monjuk bolar.
23 Şonda asuda ýaşarsyň,
Hiç haçan aýagyň taýmaz+.
28 Ýagdaýyň barka,
Goňşyňa: «Ertir gel, şonda bererin» diýme.
29 Agzybir ýaşaýan goňşyňa
Duzak gurma+.
31 Zalym adama göriplik etme+,
Onuň ýollaryndan ýöreme.
32 Sebäbi Ýehowa mekirleri ýigrenýär+,
Dogruçyllar bolsa onuň dostudyr+.
4 Ogullarym, ata terbiýesini alyň*+,
Düşünjäňiz artar ýaly ünsli boluň.
2 Sebäbi berýän tabşyrygym peýdalydyr,
4 Atam şeýle nesihat berdi: «Sözlerimi ýüregiňde saklasaň+,
Tabşyryklarymy mäkäm tutsaň, uzak ömür sürersiň+.
5 Akyldarlygy öwren, düşünjäňi artdyr+,
Sözlerimi unutma, olardan çykma.
6 Akyldarlykdan ýüz öwürme, ol seni gorar.
Kalbyň töründe sakla, saňa pena bolar.
7 Iň wajyp zat — akyldarlyk+, akyldarlygy öwren.
Durmuşda näme gazansaň-da,
Düşünje gazanmagy unutma+.
8 Onuň gadyryny bilseň, adyňy arşa galdyrar+,
Bagryňa bassaň, abraýyňy artdyrar+.
9 Başyňa owadan täji,
Şöhrat täjini geýdirer».
10 Oglum, aýdanlarymy diňleseň,
Diýenimi etseň, uzak ömür sürersiň+.
12 Ýöräniňde büdremersiň,
Ylganyňda ýykylmarsyň.
13 Terbiýäni kabul et, sowuk-sala garama+,
Berk tut, sebäbi bütin ömrüň şoňa bagly+.
14 Zalymlaryň ýoluna gadam basma,
Erbetleriň ýolundan ýöreme+.
16 Olar ýamanlyk etmeseler, ýatyp bilmeýärler,
Biriniň başyna ýetmeseler, gözüne uky gelmeýär.
17 Olar zalymlygy çörek kimin iýýärler,
Zorlugy şerap kimin içýärler.
19 Erbetleriň ýoly garaňkylyga gaplanandyr,
Olar nämä büdreýändigini bilýän däldir.
20 Oglum, sözlerimi diňle,
Nesihatyma gulak goý.
24 Ýalan gep-gürrüňden+,
Mekirlikden gaça dur.
25 Gözleriň öňe seretsin,
Göreçleriň diňe öňe dikilsin+.
27 Saga ýa çepe sowulma+,
Erbetligiň golaýyna barma.
5 Oglum, pähimli sözlerime dykgatly bol,
5 Onuň aýaklary ölüme,
Ädimleri mazara* alyp gidýär.
6 Ýaşaýyş ýoly hakda oýlanmaýar,
Nirä barýanyny bilmän, azaşyp ýörýär.
7 Oglum, indi meni diňle,
Aýdanymdan çykma.
8 Şeýle aýaldan uzakda dur,
Gapysynyň deňinden hem geçme+.
9 Şonda abraýdan düşmersiň+,
Galan ömrüňi gaýgy-hasrat bilen geçirmersiň+.
10 Ýatlar mal-mülküňi* almaz+,
Der döküp gazanan çöregiňi gelmişekler iýmez.
11 Ýogsa güýç-gaýratyň gaçanda,
Ömrüň ahyrynda ahy-nala çekip+,
12 Şeýle diýersiň: «Terbiýäni näme üçin kabul etmändirin?!
Käýinji näme üçin ýigrenipdirin?!
13 Mugallymlarymyň sözüni diňlemedim,
Halypalarymyň öwredenine gulak asmadym.
14 Ulus-iliň öňünde ýüzügara boldum+,
Ömrüm kül boldy».
15 Suwy öz howzuňdan,
Sowuk suwy öz guýyňdan iç+.
17 Goý, olar diňe seniňki bolsun,
Kesekiler bilen paýlaşma+.
Goý, göwüsleri mydama göwnüňi götersin*,
Söýgüsi hemişe ýüregiňi ýesir etsin+.
21 Ýehowa ynsanyň ýollaryny görýär,
Ýodalaryna syn edýär+.
22 Erbediň ýazyklary duzaga düşürýär,
Günäsi özüne tor bolýar+.
23 Terbiýesizlikden ýaňa ömrüni kül edýär,
Akmaklykdan ýaňa ýoldan azaşýar.
6 Oglum, goňşyň karz alanda, kepil geçen bolsaň+,
Ýat adam bilen ylalaşyk baglaşan bolsaň*+,
2 Diliňden bela galan bolsaň,
Aýdan sözleriň bilen duzaga düşen bolsaň+,
3 Oglum, başyňy gutar.
Sebäbi onuň penjesine düşdüň.
Bar, aýagyna ýykylyp, ýalbar-ýakar et+.
4 Gözüňe uky gelmesin,
Gabaklaryň ýumulmasyn.
5 Awçydan gaçan jeren kimin,
Tordan sypan guş kimin janyňy halas et.
6 Eý ýalta+, bar, garynja seret!
Işleýşine syn etseň, paýhasly bolarsyň.
7 Onuň ne serdary, ne baştutany, ne-de ýolbaşçysy bar.
8 Emma ol tomusda azygyny ýygnaýar+,
Hasyl döwri iýjegini toplaýar.
9 Eý ýalta, haçana çenli ýatjak?
Haçan oýanjak?
10 Biraz ýatsaň, biraz irkilseň,
Biraz gol gowşuryp otursaň+,
11 Garyplyk garakçy kimin+,
Mätäçlik talaňçy ýaly üstüňe geler.
15 Şonuň üçin başyna birdenkä heläkçilik iner,
Ol duýdansyz ýykylar, ýerinden galyp bilmez+.
16 Ýehowa alty zady ýigrenýär,
Ýedi zat onuň üçin nejisdir:
17 Tekepbir gözler+, ýalançy dil+, bigünä gany dökýän eller+,
18 Päliýaman ýürek+, zalymlyk etmäge howlugýan aýaklar,
19 Her deminde ýalan ýagdyrýan şaýat+,
Aga-iniň arasyna çöp atýan adam+.
21 Olar ýüregiňe kök ursun,
Boýnuňa monjuk bolsun.
22 Ýöräniňde ýol görkezsin,
Ýatanyňda gorasyn,
Turanyňda maslahatçyň bolsun.
25 Onuň gözelligine maýyl bolma+,
Owadan gözleriniň ýesiri bolma.
26 Ahlaksyz aýala sataşan çörege zar bolar+,
Kesekiniň gelni janyňy awlar.
27 Ody gujaklap, eşigini ýakmadyk barmy?+
28 Közüň üstünden ýöräp, aýagyny bişirmedik barmy?
30 Garnyny doýurmak üçin ogrulyk eden kişini
Il-gün ýazgarýan däldir.
31 Emma ol tutulsa, ýedi esse öwezini dolmaly bolar,
Hatda öýüniň bar goşuny bermeli bolar+.
32 Zynahor adam akylsyzdyr,
Ol öz aýagyna özi palta urýar+.
34 Gabanjaň är gahar-gazaba münýär,
Ol ar alanda rehim etmeýär+.
35 Näçe töleseň-de, pul gözüne görünmez.
Dünýä malyny berseň-de, gahary köşeşmez.
7 Oglum, sözüme gulak as,
Tabşyryklarymyň gadyryny bil+.
3 Olary barmaklaryňa daň,
Ýüregiňe ýaz+.
4 Akyldarlyga: «Gyz doganym» diý.
Düşünjä: «Garyndaşym» diý.
6 Öýümiň aýnasyndan,
Penjiresinden daşary seretdim.
7 Men tejribesiz* ýaşlara syn etdim.
Olaryň arasynda bir akmak ýigidi gördüm+.
8 Ýigit aýalyň öýüne golaý çatryga bardy.
Aýalyň öýüne tarap howlugyp gitdi.
9 Gün ýaşypdy, garaňky gatlyşypdy+,
Agşamarady, gije düşüpdi.
10 Seretsem, ahlaksyz ýaly geýnen+, garaýürekli aýal,
Ýigidiň öňünden çykdy.
11 Ol galmagalçydyr, özdiýenlidir+,
Öýünde oturýan däldir.
13 Aýal ýigidi gujaklap öpdi.
Utanç-haýany unudyp şeýle diýdi:
14 «Parahatlyk gurbanlyklaryny berdim+,
Wadalarymy berjaý etdim.
15 Seni garşylamaga çykdym,
Gözläp-gözläp ahyry tapdym.
17 Düşegime mür*, aloe we dalçyn sepdim+.
18 Gel, ertire çenli söýgüden serhoş bolaly,
Birek-biregiň mährinden doýaly.
19 Ärim öýde ýok,
Uzak ýurda gitdi.
20 Pul torbasyny hem alyp gitdi,
Ol aýyň on dördüne çenli* gelmez».
21 Aýal mekirlik bilen ýigidi yrdy+,
Süýji dili bilen gözüni-başyny aýlady.
22 Soýulmaga äkidilýän öküz kimin,
Gandala salnan däli kimin,
Ýigit şol bada yzyna düşdi+.
23 Bagryndan peýkam geçer,
Jany alnar.
Ýigit duzaga düşjek guş kimin mundan habarsyzdy+.
24 Oglum, sözlerimi diňle,
Nesihatlaryma gulak as.
25 Ýüregiň ahlaksyz aýalyň ýollaryny küýsemesin,
27 Onuň öýi mazardyr*,
Merhumlaryň mekanydyr.
8 Akyldarlyk çagyrýar,
2 Ol ýoluň ugrundaky depelerde+,
Çatryklarda durýar.
4 «Eý halaýyk, size diýýärin,
Her biriňize ýüzlenýärin!
6 Diňläň, sözlerim wajypdyr,
Aýdýanlarym hakdyr.
7 Dilim ýuwaşjadan hakykaty aýdýar,
Dodaklarym erbet sözleri ýigrenýär.
8 Agzymdan çykýan sözler hakdyr,
Ýalan, hileli sözleri dilime almaýaryn.
9 Parasatly* adamlar sözlerime düşünýär,
Bilimli adamlar aýdanlarymy makullaýar.
10 Kümşe derek, terbiýe al,
Sap altyna derek, bilim al+.
11 Akyldarlyk merjenden* gymmatlydyr,
Dünýe maly oňa taý gelmez.
13 Ýehowadan gorkýan ýamanlygy ýigrenýär+.
15 Patyşalar meniň saýamda hökümdarlyk edýär,
Wezirler adalatly kanun çykarýar+.
16 Serdarlar meniň saýamda baştutanlyk edýär,
Töre-begler adalatly höküm çykarýar.
17 Meni söýenleri menem söýýärin,
Meni agtarýanlar meni taparlar+.
18 Baýlyk we şan-şöhrat,
Genji-hazyna we adalatlylyk meniň elimdedir.
19 Meniň berjek sylagym altyndan, sap altyndan gowudyr,
Berjek serpaýym arassa kümüşden gymmatlydyr+.
20 Men hakykat ýolundan ýöreýärin,
Adalat ýodasynyň ortasyndan barýaryn.
21 Meni söýýänlere genji-hazyna miras berýärin,
Olaryň ammarlaryny doldurýaryn.
24 Giň ummanlar peýda bolmanka+,
Joşup akýan çeşme-çaýlar döremänkä ýaradyldym.
25 Men daglaryň düýbi tutulmanka,
Depeler peýda bolmanka doguldym.
26 Ol ýeri we düzleri ýaratmanka,
Ýeriň ilkinji topragyny döretmänkä dünýä indim.
27 Ol gökleri taýýarlanda+,
Asman bilen deňziň arasyna çäk goýanda+,
Men onuň ýanyndadym.
28 Asmany bulutlar bilen bezände,
Ummany suwdan dolduranda,
29 Suwlar dolup-daşmasyn diýip,
Deňze serhet goýanda+,
Ýeriň düýplerini tutanda,
30 Ökde ussa kimin onuň ýanyndadym+.
Her gün onuň guwanjydym+,
Hemişe huzurynda şatlanardym+.
31 Ýer ýüzüne seredip begenerdim,
Adam ogullaryny görüp, göwnüm has-da göterilerdi.
32 Ogullarym, meni diňläň,
Ýolumdan ýöräň, şonda bagtly bolarsyňyz.
33 Terbiýämi kabul edip+, paýhasly boluň,
Oňa hiç haçan sowuk-sala garamaň.
34 Sözlerimi diňleýän adam bagtly.
Ol säher bilen gapyma gelýär,
Öýümiň bosagasynda garaşýar.
35 Meni tapan adam ýaşaýşy tapar+,
Ýehowa ondan razy bolar.
36 Meni agtarmaýan adam durmuşyna awy gatar,
Meni ýigrenýänler ölüm penjesine düşer»+.
2 Mallaryny soýdy,
Güýçli şerap ýasady,
Saçagyny näz-nygmatdan doldurdy.
3 Kenizlerini ýollap,
Şäher diňlerinde jar çekdirdi+:
4 «Eý tejribesizler*, bärik geliň!»
Akyldarlyk düşünjesizlere şeýle diýýär:
5 «Geliň, saçak başyna geçiň,
Güýçli şerapdan içiň.
7 Ýaňsylaýja öwüt berseň, utanja galarsyň+,
Erbede nesihat berseň, zyýan çekersiň.
8 Ýaňsylaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener+.
Akylly adama käýe, seni gowy görer+.
9 Akylly adama öwüt-ündew ber, has-da akylly bolar+.
Dogruçyl adama öwret, düşünjesi artar.
11 Akyldar bolsaň, uzak ýaşarsyň+,
Uzak ömür sürersiň.
12 Akyldar bolsaň, özüň peýda taparsyň,
Ýaňsylaýjy bolsaň, özüň zyýan çekersiň.
13 Akylsyz aýal galmagalçydyr+,
Bilýän zady ýokdur.
14 Ol gapysynyň bosagasynda oturýar,
Öýi şäheriň belent ýerinde gurlandyr+.
15 Geçip barýan adamlara,
Öz ýoly bilen barýanlara diýýär:
16 «Eý tejribesizler*, bärik geliň!»
Ol düşünjesizlere şeýle diýýär+:
10 Süleýmanyň nakyllary+.
Akylly ogul atasynyň guwanjydyr+,
Akmak enesiniň gözýaşydyr.
2 Haram gazançdan peýda ýokdur,
Dogruçyllyk ölüm penjesinden halas edýär+.
3 Ýehowa dogruçyly aç goýmaz+,
Erbetleriň isleg-arzuwyny berjaý etmez.
5 Tomsuna orak orýan ogul düşünjelidir,
Hasyl döwri ýatýan ogul bolsa masgara bolýar+.
6 Dogruçyl adamyň başyna bereket ýagýar+,
Betpäl süýji sözläp, niýetini gizleýär.
15 Baýyň mal-mülki gorag berýär,
Garyplyk adamyň bilini iki bükýär+.
16 Dogruçyl zähmet çekip, ýaşaýşa gowuşýar,
Erbet gazanjyny günäli işlere sowurýar+.
17 Terbiýäni alýan adam başgalary ýaşaýyş ýoluna eltýär*,
Käýinje gulak asmaýan bolsa ýoldan çykarýar.
20 Dogruçylyň dili arassa kümüş kimindir+,
Erbediň oý-pikirleri dereksizdir.
24 Erbediň gorkany başyna geler,
Dogruçylyň arzuwy hasyl bolar+.
26 Diş sirkeden*, göz tüsseden,
Hojaýyn ýalta gulundan dert çeker.
31 Dogruçylyň dili akyldarlyk çeşmesidir,
Erbediň dili bolsa kesilip taşlanar.
32 Dogruçylyň dilinden süýji sözler çykýar,
Erbediň dili bolsa zäher pürkýär.
11 Ýehowa kem çekýän terezini ýigrenýär,
Dogry terezi daşyndan razydyr+.
7 Erbet adam ölende, umydy öçer,
Güýjüne daýanyp eden arzuwy puja çykar+.
8 Dogruçyl adam betbagtçylykdan gutular,
Onuň ýerine erbet adam tutular+.
10 Dogruçylyň ýagşylygy il-güni begendirer,
Erbet ölende bütin halk toý tutar+.
16 Mylaýym zenan at-abraý gazanýar+,
Rehimsiz adam baýlyk toplaýar.
19 Adalatyň tarapyny tutan ýaşaýyş ýolundadyr+,
Zalymlygy küýseýän ölüm ýodasyndadyr.
21 Bilip goý, zalym adam jezasyz galmaz+,
Dogruçylyň perzentleri aman ýaşar.
22 Owadan, ýöne akylsyz aýal,
Doňzuň burnuna dakylan altyn halka ýalydyr.
23 Dogruçylyň dilegi ýerine düşer+,
Erbediň umydy Hudaýyň gaharyny getirer.
26 Gallasyny satman, basyp goýýany halk näletlär,
Arpa-bugdaý satýana il-gün alkyş aýdar.
31 Dogruçyl adama temmi berilýän bolsa,
Erbet bilen günäkär adam jezasyz galarmy?+
2 Ýehowa akýürekli adamdan razydyr,
Päliýamany höküm edýändir+.
5 Hudaýhon adamyň pikirleri dogrudyr,
Erbediň maslahaty tora salýandyr.
7 Erbediň öýi weýran ediler,
Dogruçylyň öýi baky durar+.
10 Hudaýhon adam malynyň aladasyny edýär+,
Erbet adamyň rehimdarlygy hem zalymlykdyr.
12 Erbet adam zalymyň mal-mülküne göz gyzdyrýar,
Dogruçyl adam bol miweli agaç ýalydyr.
13 Erbet adam dilinden bela galýar+,
Dogruçyl agyr dertden gutulýar.
14 Süýji dilli ýalkanýar+,
Zähmetiniň hözirini görýär.
17 Hak şaýat dogry sözleýär,
Ýalançy şaýat bolsa aldaýar.
22 Ýalançy dil Ýehowa ýigrenjidir+,
Alla wepaly adamlardan razydyr.
26 Dogruçyl öri meýdany seçip saýlaýar,
Erbet adam öz pälinden tapýar.
27 Ýalta awunyň yzyna düşýän däldir+,
Zähmetsöýer hyzmatkär hojaýyny üçin genji-hazynadyr.
28 Dogruçylyň ýoly ýaşaýşa eltýändir+,
Ol ýolda ölüm ýokdur.
2 Süýji dilli adam haýyr tapýandyr+,
Mekirleriň ýüregi zalymlykdan doludyr.
4 Ýaltanyň arzuw-hyýaly köpdür, ýöne kör-köpügi ýokdur+.
5 Dogruçyl ýalany ýigrenýär+,
Erbediň eden işleri abraýdan düşürýär.
6 Dogruçyllyk günäsizi gala kimin goraýar+,
Erbetlik günäkäri mazara indirýär.
7 Biri bardyr, özüni baý görkezýär, ýöne hiç zady ýok+,
Biri bardyr, özüni garyp görkezýär,
Emma mal-mülki dünýä sygýan däldir.
11 Aňsat ýol bilen toplanan* baýlyk tiz dargaýar+,
Agyr zähmet bilen toplanan baýlyk bereketli bolýar.
15 Düşünjeli bereket alýar,
Mekirlige baş goşan görgi baryny görýär.
18 Terbiýäni ýigrenen garyp düşüp, masgara bolýar,
Käýinji diňläp düzelen adam öwülýär+.
22 Ýagşy adam agtyklaryna miras goýýar,
Erbediň baýlygy dogruçyllara galýar+.
23 Garyp daýhanyň mellegi bol hasyl berýär,
Adalatsyzlyk bolsa ýakyp kül edýär.
2 Dogrulyk ýolunda ýöreýän Ýehowadan gorkýar,
Egri ýoldan ýöreýän Allany äsgermeýär.
3 Tekepbir akmagyň dili gamçy kimindir,
Paýhasly adamyň dili galkan kimin goraýandyr.
4 Mal-garasy bolmadygyň malýatagy arassadyr,
Öküzli adam ýerden bol hasyl alýandyr.
5 Hak şaýat ýalan sözlemeýär,
Ýalançy şaýat her deminde ýalan ýagdyrýar+.
6 Özdiýenli adam akyldarlygy gözlese-de, tapyp bilmez.
Düşünjeli adam bilim alýar+.
7 Akmak adamdan uzakda dur,
Onuň agzyndan pähimli sözler çykmaýar+.
10 Ýürek öz derdini özi bilýär,
Ýürek şatlananda hem hiç kim düşünmeýär.
11 Erbet adamyň öýi dargar+,
Dogruçylyň çadyry berk durar.
13 Käte adamyň ýüzi gülse-de, ýüregi aglaýar,
Käte bolsa şatlygy gaýga öwrülýär.
16 Paýhasly adam ätiýaçly bolup, zalymlykdan gaçýar,
Akmak özüne göwni ýetip batyrsyraýar*.
19 Erbetler ýagşy adamyň öňünde baş eger,
Zalymlar adalatlynyň derwezesinde dyz eper.
21 Goňşusyny kemsidýän günä edýär,
Garyba rehim edýän bagtlydyr+.
22 Päliýaman ýolundan azaşar,
23 Agyr zähmetiň peýdasy köpdür,
Boş gürrüňler garyp düşürýär+.
24 Paýhasly adamyň täji onuň baýlygydyr,
Akylsyzyň işleri akmaklyga eltýär+.
25 Dogruçyl şaýat jany halas edýär,
Ýalançy şaýat her deminde ýalan ýagdyrýar.
27 Ýehowadan gorky ýaşaýyş çeşmesidir,
Adamy ölüm duzaklaryndan halas edýändir.
28 Patyşanyň halky köp bolsa, şan-şöhraty hem beýikdir+,
Halksyz hökümdaryň güýç-kuwwaty ýokdur.
33 Akyldarlyk düşünjeli adamyň kalbynda ümsüm oturýar+,
Akmaklaryň arasynda bolsa özüni tanadýar.
34 Dogruçyllyk milleti beýgeldýär+,
Günä bolsa halky masgara edýär.
2 Paýhasly adamyň dilinde bilim bardyr+,
Akmagyň dili akmaklygyny görkezýär.
6 Dogruçylyň öýi hazynadan doludyr,
Erbediň gazanjy başyna bela getirýär+.
Ynsanyň ýüregi-de eliniň aýasyndadyr+.
12 Özdiýenli adam düzediş berýäni halaýan däldir+,
Paýhasly adamdan maslahat soraýan däldir+.
13 Şadyýan ýürek ýüze nur çaýýar,
Dertli ýürek ruhdan düşürýär+.
29 Ýehowa erbetlerden uzakdadyr,
Dogruçyllaryň dilegini eşidýär+.
30 Nurana gözler ýüregi şatlandyrýar,
Hoş habar süňke kuwwat berýär+.
31 Käýinç ýaşaýyş daragtydyr,
Käýinji kabul edýän akyldarlar bilendir+.
16 Ynsan aýtjak zady hakda oýlanýandyr,
Emma berýän jogaby Ýehowadandyr+.
3 Her işde Ýehowa bil bagla+,
Ol maksadyňa ýetirer.
4 Ýehowa ähli zady niýetini amala aşyrmak üçin ulanýar,
Hatda erbet adamy hem höküm güni ýok edýär+.
5 Ýehowa tekepbiri* ýigrenýär+,
Bilip goý, ol temmisiz galmaz.
7 Ýehowa ynsanyň ýolundan razy bolsa,
Ony duşmany bilen ýaraşdyrar+.
9 Ynsan öňünde maksat goýýar,
Ädimlerini bolsa Ýehowa ugrukdyrýar+.
11 Dogry terezi Ýehowadandyr,
Torbadaky terezi daşlary hem ondandyr+.
13 Patyşa hak sözi halaýar,
Hakykaty aýdýanlary gowy görýär+.
15 Patyşanyň nurana ýüzi ýaşaýyşdyr,
Patyşanyň ýagşylygy ýaz ýagşydyr+.
16 Akyldarlygy öwrenmek altyndan+,
Düşünjäňi artdyrmak arassa kümüşden gowudyr+.
17 Dogruçyl adam erbetlikden gaçýar,
Ädimlerine dykgatly adam janyny goraýar+.
18 Heläkçilikden öň tekepbirlik,
Ýykylmakdan öň ulumsylyk gelýär+.
19 Tekepbir bilen olja paýlaşanyňdan,
Pesgöwünli adamyň dosty bolanyň ýagşydyr+.
20 Düşünje bilen iş tutan üstünlik gazanar,
Ýehowa bil baglan bagtly bolar.
22 Düşünje ynsan üçin ýaşaýyş çeşmesidir,
Akylsyza akmaklygy üçin temmi berler.
25 Ýol bardyr, adamyň gözüne dogry görünýär,
Emma soňy ölüme eltýär+.
26 Açlyk ynsany işleder,
Gara bokurdak zähmet çekdirer+.
29 Zalym adam goňşusyny aldaýar,
Ony ters ýoldan ýöredýär.
30 Ol gözüni gypyp duzak gurýar,
Ýüzüňe gülüp baksa-da, ýamanlyk edýär.
31 Dogrulyk ýolunda+ agaran saçlar şöhrat täjidir*+.
2 Düşünjeli hyzmatkär
Hojaýynynyň akmak oglunyň üstünden höküm sürer,
Hojaýynynyň mirasyny ogullary bilen deň paýlaşar.
4 Erbet adam ýaman gepi diňleýär,
Hilegär hem gybata gulak gabardýar+.
7 Akmagyň diline hak söz gelişmez+,
Hökümdaryň diline ýalan söz ýaraşmaz+.
12 Akmaklyk edýän akylsyza duşanyňdan,
Çagalaryny ýitiren aýa sataşanyň gowudyr+.
13 Ýagşylyga ýamanlyk edýäniň öýi
Bela-beteriň mesgeni bolar+.
14 Uruş tursa, derýanyň bendi açylan ýalydyr,
Dawa-jenjel turmanka, ol ýerden gaýt+.
15 Erbedi aklaýan-da, dogruçyly ýazgarýan-da+
Ýehowa üçin ýigrenjidir.
18 Akylsyz el gysyp ylalaşyk baglaşýar,
Goňşusynyň öňünde ýadyň karzyny boýun alýar+.
19 Dawalaşmagy gowy görýän günä edýär+,
Derwezesini beýik gurýan heläkçiligi çagyrýar+.
20 Hilegär üstünlik gazanmaz+,
Ýalan sözleýän bela uçrar.
21 Akmagyň atasy ajy hasrat çeker,
Düşünjesiz ogluň atasynyň ýüzi gülmez+.
25 Akylsyz ogul atasynyň hasraty,
Enesiniň ýürek derdi+.
26 Dogruçyla temmi bermek ýagşy däl,
Abraýly adamy gamçylamak gelşiksizdir.
28 Akmak dymsa, akylly ýaly bolar,
Agzyny ýumsa, parasatly* ýaly görner.
2 Akmak düşünjäni halamaýar,
Ol ýüregindäkini görkezýär+.
3 Halk zalym kişini ýigrenýär,
Utançsyz adam abraýdan düşýär+.
4 Ynsanyň sözleri guýy kimindir+,
Akyldarlyk joşup akýan çeşme kimindir.
7 Akmak dilinden bela galýar+,
Agzy janyna duzak bolýar.
9 Ýalta adam galtamanlaryň dostudyr*+.
10 Ýehowanyň ady berk diňdir+,
Hudaýhon ylgap baryp, pena tapýar+.
15 Düşünjeli adam bilim alar+,
Paýhasly adam bilimi gözlär.
16 Sowgat berýäniň işi rowaçlanýar+,
Ol hökümdarlaryň huzuryna barýar.
18 Bije dawany çözýär+,
Güýçli garşydaşlary ylalaşdyrýar.
19 Öýkeli adamyň göwnüni tapmak
Galany basyp almakdan kyndyr+,
Dawa-jenjel gulply derweze kimin aýra salýar+.
20 Adamyň agzyndan çykan sözler garnyny doýrar+,
Aýdan sözlerine jogap berer.
23 Garyp ýalbaryp gepleýär,
Baý bolsa gödek jogap berýär.
3 Adam akmaklyk edip, dogry ýoldan sowulýar,
Ýüreginde bolsa Ýehowa gaharlanýar.
4 Baýyň dosty köpdür,
Garypdan dosty hem ýüz öwürýär+.
6 Begiň* göwnüni tapmak isleýän köpdür,
Her kes sowgat berýäniň dosty bolýar.
Ol ýalbaranda, hiç kim ýardam bermeýär.
8 Ýagşy niýetli* adam janyny söýýär+,
Özüni parasatly alyp barýan* bereket tapýar+.
9 Ýalançy şaýat jezasyz galmaz,
Her deminde ýalan ýagdyrýan heläk bolar+.
10 Akmaga kaşaň jaýda ýaşamak ýaraşmaz,
Gula hanlaryň üstünden agalyk etmek gelişmez+.
12 Patyşanyň gahary arslanyň arryldysy kimindir+,
Güler ýüzi gök otlara düşen çyg ýalydyr.
14 Jaý we mal-mülk ataňdan galýan mirasdyr,
Paýhasly aýaly Ýehowa berýär+.
15 Ýaltalyk agyr uka giderýär,
Işýakmaz adam aç galýar+.
16 Hudaýyň tabşyrygyny berjaý edýän janyny goraýar+,
Ýollaryna biperwaý garaýan janyndan mahrum bolýar+.
19 Gaharjaň adam jezasyny çekmelidir.
Eger ony bir sapar halas etseň,
Gaýta-gaýta halas etmeli bolarsyň+.
24 Ýalta tabaga uzadan elini agzyna ýetirmäge-de ýaltanýar+.
26 Atasyna sütem edýän, enesini kowýan ogul,
Ile masgara hem gülki bolýar+.
27 Oglum, terbiýä gulak asmasaň,
Bilimiň ýolundan sowlarsyň.
6 Köpler özüne wepadar* diýer.
Emma wepaly adamy kim tapar?
Çagalary hem bagtlydyr+.
10 Kem çekýän terezi daşlary bilen nädogry ölçeg gaplary,
Ýehowa üçin ýigrenjidir+.
12 Eşidýän gulak, görýän göz,
Ýehowanyň elleriniň işidir+.
13 Ukyny söýme, ýogsam garyp düşersiň+,
Gözüňi aç, çörekden doýarsyň+.
14 Alyjy: «Harydyň erbet, juda erbet!» diýýär,
Soňra bolsa satyn alan zadyna öwünýär+.
20 Ene-atasyna garganyň gije çyrasy söner+.
21 Açgözlük bilen toplanan baýlyk* bereketli bolmaz+.
22 «Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bererin» diýme+,
Ýehowa umyt bagla+, ol seni halas eder+.
23 Kem çekýän terezi daşlaryny Ýehowa ýigrenýär,
Kem çekýän terezi ýagşy däldir.
25 Eger adam Hudaýa howlukmaç wada berse,
Beren wadasy hakda soňundan oýlansa,
Şeýle adam duzaga düşýär+.
27 Ynsanyň sözleri* Ýehowanyň çyrasydyr,
Içki dünýäsini äşgär edýär.
21 Patyşanyň ýüregi Ýehowanyň elinde akar suw ýalydyr+,
Ony islän ugruna akdyrýandyr+.
3 Ýehowanyň gözünde dogruçyl we adalatly adam,
Gurbanlyk berýänden has gowudyr+.
4 Ulumsy gözler, tekepbir ýürek,
Erbediň çyrasydyr, ikisi-de günä iterýär+.
7 Erbetleriň zorlugy öz başyna ýeter+,
Sebäbi olar adalatly bolmakdan ýüz öwürýärler.
8 Günäkäriň ýoly egridir,
Päk ynsanlaryň işi dogrudyr+.
12 Hak Hudaý ýaramaz adamyň öýüni synlaýar,
Erbetleri ýykyp ýok edýär+.
15 Hudaýhon adam adalatly bolmagy halaýar+,
Zalym bolsa adalaty ýigrenýär.
16 Düşünjeden ýüz öwren adam
Ölüleriň arasynda ýatar+.
17 Aýşy-eşreti söýýän garyp düşýär+,
Şeraby, ýagy söýýäniň döwleti artmaz.
18 Erbet adam dogruçyl üçin töleg bolar,
Dönük ynsan adalatla derek alnyp gidiler+.
22 Akyldar adam pälwanyň şäherini basyp alýar,
Onuň daýanýan galasyny weýran edýär+.
23 Agzyny ýumup, dilini saklaýan,
Janyny beladan goraýar+.
24 Soňuny oýlaman gedemlik edýän adam,
Ulumsy, tekepbir hem öwünjeňdir+.
25 Ýaltanyň arzuwy ölüme eltýär,
Sebäbi elleri işlemek islemeýär+.
26 Ol uzakly gün arzuw-hyýala batýar,
Dogruçyl bolsa gysganman berýär+.
27 Alla erbediň gurbanlygyny ýigrenýär+,
Ýaman niýet bilen* berse has-da ýigrenýär.
2 Baý bilen garybyň bir meňzeşligi bar,
Olaryň ikisini-de Ýehowa ýaratdy+.
4 Pesgöwünli we Ýehowadan gorkýan ynsan,
Baýlygy, şöhraty we uzak ömri sylag alýar+.
5 Hilegäriň ýolunda tikenek we duzak bardyr,
Öz janyna haýpy gelýän olardan daşda durar+.
9 Jomart adamyň berekedi artýar,
Sebäbi çöregini garyp bilen paýlaşýar+.
10 Ýaňsylaýjyny kow, dawa-jenjel ýatar,
Goh-galmagaldan, kemsitmeden gulagyň dynar.
12 Ýehowa bilimi goraýar,
Dönügiň sözlerini puç edýär+.
13 Ýalta: «Daşarda arslan bar!
Köçä çyksam, meni öldürer!» diýýändir+.
14 Azgyn* aýalyň agzy guýy kimindir+,
Ýehowanyň höküm eden adamy oňa gaçýandyr.
17 Akyldaryň sözüni diňle, gulak as+,
Şonda bilimi ýüregiň bilen kabul edersiň+.
18 Olary gursagyňa guýsaň+,
Diliňden düşürmeseň janyňa hoş ýakar+.
19 Şu gün saňa köp zatlary öwretdim.
Olara eýerseň, Ýehowa bil baglarsyň.
20 Muny öň hem saňa ýazyp,
Maslahat, öwüt-ündew beripdim.
21 Saňa ynamdar we hak sözleri öwredipdim,
Indi seni ýollana gowy habary getirersiň.
22 Garyby pukara bolany üçin talama+,
Şäher derwezesinde ejize ganym bolma+.
23 Sebäbi olaryň dadyna Ýehowa ýetişer+,
Olary talanlaryň janyny alar.
24 Ganygyzma bilen ýoldaş bolma,
Gaharyny saklamaýan adam bilen tirkeşme.
25 Şonda onuň ýollaryny öwrenmersiň,
Janyňy tora salmarsyň+.
26 El gysyp girew goýýanlaryň,
Ýadyň karzyny öz boýnuna alýanlaryň arasynda bolma+.
27 Töläre puluň bolmasa,
Ýatan düşegiňi alyp giderler.
28 Ata-babalaryň mellekde bellän araçägini,
Gadymy araçäkleri üýtgetme+.
29 Işine ökde adamy gördüňmi?
Ol garamaýak adamlara däl-de,
Patyşalara hyzmat eder+.
23 Patyşa bilen saçak başynda otursaň,
Öňüňde tagam goýlanda dykgatly bol.
2 Işdäň açyk bolsa-da, özüňe erk et*.
3 Patyşanyň näz-nygmatyna agzyň suwarmasyn,
Nahar saňa duzak bolaýmasyn.
4 Baýajak bolup janyňy gynama+, saklan, düşünjeli bol*.
6 Gysganç adamyň çöregini iýme,
Näz-nygmatyna agzyň suwarmasyn.
7 Sebäbi ol her zady hasaplap oturýar.
Ol: «Iý, iç!» diýse-de, kiçi dilden bärde aýdýar*.
8 Iýen bir döwüm çöregiňi gusarsyň,
Hoş sözleriňi ýele sowrarsyň.
10 Gadymy araçäkleri üýtgetme+,
Ýetim-ýesiriň mellegini alma.
11 Sebäbi olaryň Halasgäri güýçlüdir,
Saňa garşy edilen şikaýaty eşider+.
12 Terbiýäni ýürekden kabul et,
Bilime gulak goý.
13 Temmini çagaňdan gaýgyrma+,
Terbiýe taýagy öldürmez.
14 Çagany terbiýe taýagy bilen ursaň,
Janyny ölümden* halas edersiň.
17 Günäkärlere gözüň gitmesin+,
Hemişe Ýehowadan gorkup ýaşa+.
18 Şonda görjegiň gowy bolar+,
Umydyň üzülmez.
19 Oglum, gulak as, paýhasly bol!
Ýüregiň dogry ýoldan sowulmasyn.
Et iýegenleriň arasynda bolma+.
21 Sebäbi içegenem, iýegenem garyp düşer+,
Ukyny söýýän ýyrtyk eşik geýer.
22 Seni bilinden öndüren kakaňy diňle,
Garran ejeňi kemsitme+.
24 Dogruçylyň atasy begener,
Paýhasly ogluň atasy guwanar.
25 Ene-ataň begener,
Seni dünýä inderen şatlanar.
26 Oglum, meni bütin ýüregiň bilen diňle,
Ýollarymdan ýöräp şatlan+.
28 Ol talaňçy deý bukulýar+,
Biwepa erkekleri köpeldýär.
29 Kim ah çekýär? Kimiň derdi köp?
Kimiň goh-galmagaly ýatmaýar? Kim zeýrenýär?
Kimiň endamy gök-ala? Kimiň gözleri gyp-gyzyl?
30 Wagtyny şerap içip geçirýänleriň+,
Aragyň yşkyna düşenleriň ýagdaýy şeýledir.
31 Şerabyň gyrmyzy reňkine,
Käsede öwşün atyşyna, keýp berişine seretme.
32 Sebäbi soňunda ýylan ýaly çakýar,
Alahöwren kimin zäherini pürkýär.
33 Gözleriň geň zatlary görer,
Diliň erbet zatlary sözlär+.
34 Deňziň ortasynda gark bolup barýan adam kimin,
Gäminiň ýokarsynda ýatan adam kimin bolarsyň.
35 Sen: «Meni urdular, duýmadym.
Meni ýençdiler, bilmedim.
Çaltrak oýansadym+,
Ýene-de içmäge gitsedim» diýersiň.
24 Erbetlere gözüň gitmesin,
Olara goşulmagy arzuw etme+.
2 Sebäbi olaryň oý-pikiri zorluk-sütem,
Agzyndan ýamanlyk çykýar.
5 Paýhasly adamyň erk-ygtyýary köp+,
Bilim güýç-kuwwatyňy artdyrýar.
8 Hile gurýan adama,
Hilegärleriň başy diýerler+.
9 Akmagyň niýeti günä eltýär,
Ýaňsylaýjyny il-gün ýigrenýär+.
10 Kyn günüňde ruhdan düşseň,
Göreşmäge güýjüň bolmaz.
11 Ölüme höküm edilenleri halas et,
Ölümine howlugýanlary alyp gal+.
12 Eger: «Mundan habarym ýok?» diýseň,
Ýürekleri* barlaýan Hudaý bilmezmi?+
Seni synlaýan hak Alla bilýär,
Her kimiň işine görä hakyny berýär+.
13 Oglum, bal iý, peýdalydyr,
Bal jana lezzet berýär.
14 Akyldarlyk hem peýdalydyr+,
Ony tapsaň, görjegiň gowy bolar,
Umydyň üzülmez+.
15 Erbet adamlar ýaly,
Dogruçylyň öýüniň golaýynda bukuda ýatma,
Asuda ojagyny ýykma.
16 Dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerinden turýar+,
Erbetler bolsa bela-beteriň içine taýyp gidýär+.
17 Duşmanyň ýykylanda begenme,
Büdrände ýüregiňde şatlanma+.
18 Ýogsa Ýehowa görüp, senden närazy bolar,
Gaharyny duşmanyňdan sowar+.
19 Erbetlere gaharyň gelmesin*,
Ýaramazlara göriplik etme.
20 Erbetleriň gelejegi ýok+,
Erbetleriň çyrasy sönýär+.
21 Oglum, Ýehowadan we patyşadan gork+.
Olaryň* gozgalaňçylara nähili jeza berjegini kim biler?+
23 Ine, akyldaryň öwüt-ündewi:
Kazyýetde tarapgöýlik etmek gowy däl+.
24 Erbede: «Sen dogruçyl adam» diýeni+,
Halk näletlär, milletler ýazgarar.
26 Hakykaty aýdýanyň ýaňagyndan ogşarlar*+.
28 Goňşyňa garşy ýalan şaýatlyk etme+,
Diliň bilen adamlary aldama+.
30 Men ýaltanyň melleginiň+,
Akmagyň üzümçiliginiň golaýyndan geçdim.
32 Muny görüp, oýa batdym,
Özüme şeýle sapak edindim:
33 Biraz ýatsaň, biraz irkilseň,
Biraz gol gowşuryp otursaň,
34 Garyplyk garakçy kimin,
Mätäçlik talaňçy ýaly üstüňe geler+.
25 Süleýmanyň nakyllary+. Olary Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň+ kätipleri ýazyp aldy.
2 Syr saklamak Hudaýyň şöhratydyr+,
Meseläni derňemek patyşalaryň şöhratydyr.
3 Gökler beýikdir, ýeriň düýbi çuňdur,
Patyşanyň pikirini bilip bolýan däldir.
5 Erbedi patyşanyň huzuryndan kowsaň,
Tagt adalat bilen berkidiler+.
6 Patyşanyň ýanynda özüňi uly tutma+,
At-abraýly adamlaryň arasynda oturma+.
7 Sebäbi han-begleriň öňünde kemsidileniňden,
Patyşanyň: «Töre geç!» diýeni ýagşydyr+.
8 Kazynyň ýanyna barmaga howlukma,
Goňşyň sözüňi ýalana çykarsa näme edersiň?+
9 Goňşyň bilen dawaňy çöz+,
Emma kesekiniň syryny paş etme*+.
10 Gürrüňiňizi biri eşidip, seni utanja goýaýmasyn,
Agzyňdan çykan erbet sözleri* yzyna gaýtaryp bolmaz.
12 Maslahatyň gadyryny bilýän* adam üçin,
Akyldaryň käýinji altyn gulakhalka,
Sap altyndan ýasalan şaý-sep ýalydyr+.
13 Hasyl döwri sowuk suw* jana lezzet berýär,
Wepaly çapar hem özüni ýollanyň,
Hojaýynynyň göwnüni galkyndyrýar+.
14 Bermedik sowgady bilen öwünýän adam,
Ýagyşsyz buluda, gurak şemala meňzeýär+.
16 Bal görseň, köp iýme,
Aşa düşüp gusaýma+.
17 Goňşyň öýüne köp barma,
Senden bizar bolup, ýigrenäýmesin.
18 Goňşusyna garşy ýalan şaýatlyk edýän adam+,
Çekiç, gylyç we ýiti peýkam ýalydyr.
19 Ynamyňy ödemeýäne* kyn günüňde bil baglamak,
Döwük dişe, agsak aýaga daýanan ýalydyr.
20 Gaýgyly ýürege aýdym aýdyp bermek,
Sowuk howada geýimi çykaran,
21 Duşmanyň* aç bolsa, naharla,
Suwsan bolsa, suw ber+.
22 Şonda başyna közler goýarsyň*+,
Ýehowanyň berekedini alarsyň.
23 Demirgazyk ýeli ýagyş getirýär,
Gybatçy dil gahary getirýär+.
26 Erbediň gepine giden dogruçyl adam
Bulançak çeşme, hapa guýy ýalydyr.
28 Gaharyna erk edip bilmeýän adam
Diwarlary ýumrulan gala ýalydyr+.
26 Tomusda gar, orak döwri ýagyş halanmaz,
Akmaga-da sylag-hormat ýaraşmaz+.
2 Sebäpsiz ýere serçe we garlawaç uçmaz,
Ýersiz-ýere hem gargyş okalmaz*.
4 Akmaga akmaklygyna görä jogap berme,
Ýogsam ondan tapawudyň bolmaz.
5 Akmaga jogap bereniňde, akmaklygyny paş et,
Ýogsa özüni akylly hasaplar+.
6 Işini akmaga ynanan adam
Öz aýagyna palta urýar*.
7 Akmagyň agzyndan çykan nakyl,
Agsagyň ysgynsyz aýagy ýalydyr+.
9 Akmagyň agzyndan çykan nakyl,
Serhoşyň elindäki tiken ýalydyr.
10 Akmagy, öten-geçeni hakyna tutýan adam,
Duş geleni ýaralaýan ýaýçy ýalydyr.
11 It gusugyny iýýär,
Akmak hem akmaklygyny gaýtalaýar+.
12 Özüne akyllydyryn öýdýän adamy gördüňmi?+
Akmak ondan has çalt akyllanar.
13 Ýalta: «Daşarda arslan bar!
Köçede ýolbars bar!» diýýär+.
14 Gapy petlesinde aýlanýar,
Ýalta bolsa düşeginde togalanýar+.
15 Ýalta tabaga uzadan elini,
Agzyna ýetirmäge-de ýaltanýar+.
16 Ýalta özüni ýedi akylly adamdan hem paýhasly saýýar.
18 Däli ölüm bilen oýun edip, ok atýar, naýza zyňýar,
19 Goňşusyna hile gurup:
«Oýun etdim!» diýýän hem şeýledir+.
20 Odun bolmasa, ot söner,
Töhmetçi bolmasa, dawa ýatar+.
21 Kömür köze, odun oda atylýar.
Galmagalçy adam bolsa dawa turuzýar+.
23 Garaýürekli adamyň mähirli sözleri+,
Döwlen küýzä kümüş çaýan ýalydyr.
24 Duşman ýigrenjini dili bilen ýaşyrýar,
Ýüreginde bolsa hile gurýar.
25 Onuň mähirli sözlerine ynanma,
Sebäbi kalbynda ýedi dürli erbet niýet bardyr.
26 Ol mekirlik bilen ýigrenjini ýaşyrsa-da,
Erbet niýeti ulus-ile äşgär bolýar.
27 Adam gazan çukuryna özi düşer,
Daş togalan daş astynda galar+.
28 Ýalançy dil ýigrenýän adamyny ýaralaýar,
Ýaranjaň dil heläkçilige eltýär+.
27 Ertirki güne buýsanma,
Sebäbi ertir näme boljagyny bilýän dälsiň+.
2 Özüňi öwme, goý, seni il-gün öwsün,
Öz diliň däl, başganyň dili taryplasyn+.
3 Daş-da, çäge-de agyrdyr,
Akmagyň berýän derdi ikisinden hem agyrdyr+.
4 Gahar zalymdyr, gazap sil kimindir,
Emma gabanjaňlyga kim çydap biler?+
5 Gizlin saklanan söýgüden,
Ýüzüňe aýdylan käýinç ýagşydyr+.
7 Dok adam baly depeleýär,
Aç adama ajy zatlar bal ýalydyr.
8 Ýurdundan aýra düşen adam
Höwürtgesini ýitiren guş ýalydyr.
10 Dostuňdan, ataň dostundan ýüz öwürme,
Kyn günüňde doganyň öýüne gitjek bolma,
Sebäbi uzakdaky dogandan golaýdaky goňşy ýagşydyr+.
13 Kesekä kepil geçeniň donuny al,
Ýat aýala kepil geçenden girew al+.
14 Kim säher bilen goňşusyna gygyryp alkyş aýtsa,
Onuň alkyşy gargyş hasaplanar.
15 Igenjeň* aýal ýagyşly gün suw geçirýän üçek ýalydyr+.
16 Ony dymdyran adam ýeli hem ýatyryp biler,
Sag eli bilen ýagy gysymlap biler.
19 Suwa sereden ýüzüni görýär,
Ýürek hem ýüregi duýýar.
22 Akmagy sokuda bugdaý döwýän ýaly döwseň-de,
Ondan akmaklygy aýrylmaz.
23 Süriň ýagdaýyny gowy bil,
Janyňy aýaman* goýunlaryňy bak+.
24 Sebäbi baýlygyň ebedilik däldir+,
Täç hemişe nesilden-nesle geçýän däldir.
25 Ot solýar, ýene-de gögerýär,
Daglaryň oty ýygylýar.
26 Goçlar seni geýindirer,
Tekeler mellek alyp berer.
27 Geçiler köp süýt berer,
Özüňi-de, hojalygyňy-da, gyrnaklaryňy-da doýrar.
28 Erbet kowalamasaň-da gaçýar,
Hudaýhon şir kimin mertdir+.
2 Ýurtda gozgalaň tursa, yzly-yzyna hökümdary çalşar+,
Parasatly* we bilimli adam bilen maslahatlaşsa,
Patyşa uzak höküm sürer+.
3 Ejiziň hakyny iýýän garyp+,
Hasyly süpürip äkidýän sil ýalydyr.
4 Kanuny bozýanlar erbede alkyş aýdýar,
Kanuna eýerýänleriň olara gahary gelýär+.
7 Düşünjeli ogul kanuny berjaý edýär,
Hajymelikler* bilen tirkeşýän adam
Atasynyň ýüzüni ýere salýar+.
9 Kanuna gulak asmaýanyň
Dogasy-da ýigrenjidir+.
10 Dogruçyllary ýoldan çykaran adam
Gazan çukuryna özi gaçýar+.
Emma akýüreklileriň görjegi gowulyk bolar+.
12 Dogruçyllar üstün çyksa, halk şatlanar,
Erbetler tagta çyksa, halk bukular+.
14 Hudaýdan gorkýanlar bagtlydyr,
Doňýürekler heläkçilige uçrar+.
15 Halkyny ezýän hökümdar
Arlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr+.
17 Biriniň ganyna galan adam mazara inýänçä gaçyp gezer+.
Goý, hiç kim ony goldamasyn.
19 Mellegini sürýäniň nany bol bolar,
Boş zatlara kowalaşýanyň gözi garyplykdan açylmaz+.
21 Ala tutmak gowy däldir+,
Käte adam bir döwüm çörek üçin şeýle erbetligi edýär.
24 Ene-atasyny talap: «Günä iş etmedim» diýýän+
Galtamanlaryň ýoldaşydyr+.
27 Garyplaryň hossary mätäçlik çekmez+,
Garyplardan ýüzüni sowýan gargyş astynda galar.
28 Erbet tagta çyksa, adamlar gizlener,
Erbet ýok bolsa, hudaýhon köpeler+.
2 Dogruçyl köp bolsa halk begenýär,
Erbet höküm sürse, halk ahy-nala çekýär+.
3 Akyldarlygy söýýän ogul atasyny begendirýär+,
Azgyn aýallar bilen gatnaşýan baýlygyny ýele sowurýar+.
4 Adalatly patyşa ýurdy gülledýär+,
Parahor bolsa ýurdy tozdurýar.
5 Goňşusyna ýaranjaňlyk edýän adam,
Onuň aýagyna tor gurýar+.
9 Paýhasly adam akmak bilen jedelleşip başlasa,
Gahardan, kemsitmeden başga alan galasy bolmaz+.
12 Hökümdar ýalana gulak gerse,
Hyzmatkärleri pälinden azar+.
13 Garyp bilen sütem edýäniň bir meňzeşligi bar,
Olaryň ikisine-de ýaşaýşy Ýehowa berdi*.
16 Erbetler köp bolsa, jenaýat hem artar,
Emma dogruçyl olaryň heläk bolanyny görer+.
17 Ogluňa terbiýe ber, gulagyň dynç bolar,
Ol kalbyňy şatlykdan doldurar+.
19 Hyzmatkäre gury söz kär etmez,
Sebäbi ol düşünse-de, aýdylany etmeýär+.
20 Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi?+
Akmak ondan has çalt akyllanar+.
21 Çagalykdan läliksiredilen hyzmatkär,
Gadyr bilmez bolup ýetişer.
24 Ogry bilen tirkeşen başyny bela sokar*,
30 Ýahanyň ogly Aguryň Ytyýele we Uhala beren öwüdi.
2 Men iň akylsyz adamdyryn+,
Ynsan düşünjesi mende ýokdur.
3 Men akyldarlygy öwrenmedim,
Mukaddes Hudaýyň bilimini almadym.
4 Göge galyp, aşak inen kim?+
Şemaly goşawujyna ýygnan kim?
Suwy ýapynjasyna ýygnan kim?+
Ýeriň çäklerini bellän kim?+
Onuň adyny bilýärsiňmi? Oglunyň ady näme?
5 Hudaýyň her sözi päkdir+,
Ol bil baglaýanlaryň galkanydyr+.
7 Ýa Allam, senden iki dilegim bar.
Entek dirikäm şulary menden gaýgyrma:
8 Menden aldawçylygy we ýalany aýyr+.
Maňa baýlygam berme, garyplygam.
Iýjegimi ýetirip dur+,
9 Şonda senden ýüz öwürmerin,
Gerk-gäbe doýup: «Ýehowa kimmişin?» diýmerin+.
Mätäçlikden ýaňa ogurlyga ýüz urup,
Hudaýymyň adyna ysnat getirmerin.
10 Hojaýynyň ýanyna baryp, hyzmatkärine töhmet atma.
Ol saňa gargaýmasyn, günäkär bolup galaýma+.
13 Nesil bardyr, tumşugyny ýokary tutýar,
Ulumsylyk bilen seredýär+.
14 Nesil bardyr, dişleri gylyç ýaly,
Äňi gassabyň pyçagy ýaly.
Olar garyp-gasarlary,
Ýer ýüzündäki ejizleri ýalmap ýuwudýar+.
15 Sülügiň*: «Ber! Ber!» diýýän iki gyzy bar.
Doýmaz-dolmaz üç zat bar,
«Doýdum!» diýmeýän dört zat bar:
17 Atasyny kemsidýän, enesini diňlemeýän ogluň gözüni+,
Jülgäniň gargalary çokar, bürgüt jüýjeleri iýer+.
18 Akyl ýetirip bilmeýän üç zadym bar*,
Düşünip bilmeýän dört zadym bar:
19 Gökde bürgüdiň ýoly,
Gaýada ýylanyň ýoly,
Deňizde gäminiň ýoly,
Gyz göwnüni awlaýan ýigidiň ýoly.
20 Ine ahlaksyz aýalyň ýoly:
Ol iýip içýär, agzyny süpürip:
«Men erbetlik etmedim» diýýär+.
21 Ýeri titredýän üç zat bar,
Halkyň çydap bilmeýän dört zady bar:
22 Gul patyşa bolup höküm sürse+,
Akmagyň saçagy näz-nygmatdan dolsa*,
23 Ýigrenilýän* gyz äre çyksa,
Gyrnak bikesiniň ornuny eýelese+.
29 Üç zadyň, hatda dört zadyň haýbatly ýöreýşi,
Akylyňy haýran galdyrýar:
30 Haýwanlaryň iň güýçlüsi ýolbarsyň ýöreýşi,
Ol hiç zatdan gorkmaýar+.
31 Tazynyň ýöreýşi, tekäniň ýöreýşi,
Goşunyň öňünde barýan patyşanyň ýöreýşi.
31 Lemuwel patyşanyň sözleri.
Ejesi öwüt-nesihat berip, şeýle tabşyryk berdi+:
4 Lemuwel, patyşalara şerap ýaraşmaz,
Şeraby ýatyp içmek gelişmez,
«Şerap getiriň!» diýmek hökümdarlara gelişmez+.
5 Ýogsa serhoş bolup kanuny unudarsyň,
Garyplara adalatsyzlyk edersiň.
7 Goý, olar garyplygyny unutsyn,
Derdini bütinleý ýatdan çykarsyn.
9 Olaryň arkasyny al, adalatly höküm çykar,
Ejizleriň, garyplaryň hakyny alyp ber+.
א [Elip]
10 Gaýratly* gelni kim tapar?+
Bahasy merjenden* has gymmatdyr.
ב [Bet]
11 Äri oňa ýürekden bil baglaýar,
Hiç zada mätäç bolýan däldir.
ג [Gimel]
12 Ol ärine ýamanlyk däl-de,
Her gün ýagşylyk edýär.
ד [Dal]
ה [He]
14 Täjiriň gämileri deý+,
Uzak ýerlerden azygyny getirýär.
ו [Waw]
ז [Zaýn]
16 Mellekleri synlap, satyn alýar,
Öz elleri* bilen üzüm nahallaryny oturdýar.
ח [Het]
17 Bilini berk guşaýar+,
Iki ýeňini çermeýär.
ט [Tet]
18 Söwda edip, peýdasyny görýär,
Gijesine çyrasy sönmeýär.
י [Ýod]
כ [Käp]
20 Ol mätäçlere elini uzadýar,
Garyplaryň dadyna ýetişýär+.
ל [Lam]
21 Ol gardan gorkýan däldir,
Sebäbi maşgalasynyň ýyly* geýimi bardyr.
מ [Mim]
22 Özüne düşek tikýär,
Zygyr matadan we badam reňkli ýüňden köýnek geýýär.
נ [Nun]
ס [Sameh]
24 Gelni bolsa zygyrdan eşik* tikip satýar,
Guşak dokap, täjirlere satýar.
ע [Aýn]
25 Ol gaýratlydyr, il içinde hormaty bardyr,
Ertire ynam bilen garaýar*.
פ [Pe]
צ [Sad]
27 Öý-içerisine iş tabşyrýar,
Ýaltalyk çöregini iýmeýär+.
ק [Kap]
28 Çagalary turup, alkyş aýdýar,
Äri hem taryplap şeýle diýýär:
ר [Reş]
29 «Gaýratly* gelinler köpdür,
Emma sen hemmesinden gaýratlysyň».
ש [Şin]
ת [Taw]
Ýa-da: dogruçyllygy.
Ýa-da: Tejribesizleri; sadalary.
Sözme-söz: pikirleniş ukybyny.
Ýa-da: görkezmä.
Ýa-da: tejribeli adamdan öwüt-nesihat.
Ýehowa çuňňur hormat goýmak göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: kanunyny; görkezmesini.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Hakyky akyldarlyk.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Tejribesizler; ynanjaňlar.
Sözme-söz: ruhumy.
Ýa-da: Sadalary; ynanjaňlary.
Sözme-söz: Saýgarma ukybyny.
Sözme-söz: Saýgarma ukyby.
Sözme-söz: saýgarma ukybynyň.
Ýa-da: aýypsyz gezýänleriň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Pikirleniş ukybyň.
Sözme-söz: Saýgarma ukyby.
Sözme-söz: ýat. Hudaýyň ahlak kadalaryna eýermeýän adam göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: Gelmişek. Hudaýyň ahlak kadalaryna eýermeýän adam göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: ýakyn dostuny.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: Aýypsyz.
Ýa-da: kanunymy.
Ýa-da: Wepaly söýgi.
Ýa-da: hakykat.
Ýa-da: durmuşda.
Ýa-da: Iň gowy.
Sözme-söz: Saýgarma ukybyny.
Sözme-söz: saýgarma ukyby.
Ýokarky aýatlarda aýdylýan Hudaýyň häsiýetleri göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: pikirleniş ukybyňy.
Sözme-söz: Aýagyňy.
Ýa-da: haýasyz işlerine buýsanýar.
Sözme-söz: diňläň.
Ýa-da: Kanunymy.
Başga manysy: Ýollaryň hakda oýlansaň.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Sözme-söz: pikirleniş ukybyňy.
Ýa-da: Bilim.
Sözme-söz: Ýat. Nak 2:16-a serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: güýjüňi.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: serhoş etsin.
Sözme-söz: ýat. Nak 2:16-a serediň.
Sözme-söz: Gelmişek. Nak 2:16-a serediň.
Ýa-da: adamyň elini gysan bolsaň.
Ýa-da: kanunyny; görkezmesini.
Sözme-söz: gelmişek. Nak 2:16-a serediň.
Ýa-da: Dostunyň; ýakynynyň.
Ýa-da: Kanunymy; görkezmämi.
Sözme-söz: ýat. Nak 2:16-a serediň.
Sözme-söz: gelmişek. Nak 2:16-a serediň.
Ýa-da: sada; ynanjaň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Aý dolýança.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Saýgarma ukyby.
Ýa-da: tejribesizler; ynanjaňlar.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ätiýaçlyk.
Sözme-söz: hüşgärlik bilen ýaşaýaryn.
Sözme-söz: pikirleniş ukyply.
Ýa-da: Hakyky akyldarlyk.
Ýa-da: sadalar; ynanjaňlar.
Ýa-da: tejribesizligi; ynanjaňlygy.
Ýa-da: sadalar; ynanjaňlar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: görkezmäni. Sözme-söz: tabşyrygy.
Ýa-da: Aýypsyz gezýän.
Sözme-söz: günäleriň üstüni örtýär.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Başga manysy: ýaşaýyş ýolundadyr.
Ýa-da: köplere görkezme berýär.
Sözme-söz: saýgarma ukyply.
Miwe turşadylyp alynýan içgi göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: aýypsyzlary.
Ýa-da: aýypsyz.
Ýa-da: Aýypsyz.
Sözme-söz: Imandan dänen.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Ýa-da: Töhmetçi.
Ýa-da: Tejribeli adamyň öwüt-nesihaty bolmasa.
Ýa-da: halk halas bolar.
Ýa-da: Ylalaşyk baglaşmak üçin el gysmaga.
Ýa-da: Wepaly söýgini bildirýän.
Sözme-söz: egri ýürekli.
Ýa-da: Aýypsyz.
Sözme-söz: mirasy şemal bolar.
Ýa-da: köki bilen sogrulmaz.
Ýa-da: äriniň süňklerini çüýredýär.
Sözme-söz: gan dökmek üçin bukuda ýatýar.
Sözme-söz: Egri ýürekli.
Ýa-da: şol günüň özünde.
Ýa-da: Ätiýaçly.
Sözme-söz: sögünjiň üstüni örtýär.
Sözme-söz: ündeýäniň.
Ýa-da: akmaklygyny äşgär edýär.
Ýa-da: düzedişi.
Sözme-söz: garnyny ýag basýandyr.
Sözme-söz: käýinç eşitmeýär.
Sözme-söz: şatlanýar.
Ýa-da: Haram.
Ýa-da: Görkezmäni.
Ýa-da: kanuny.
Ýa-da: bilime esaslanyp.
Başga manysy: şol bada.
Başga manysy: Akmak başgalary duzaga düşürýär.
Ýa-da: hoşniýetlidir.
Ýa-da: Tejribesiz; ynanjaň.
Ýa-da: gazap atyna atlanýar.
Sözme-söz: Pikirleniş ukyby bolan.
Ýa-da: Tejribesiz; ynanjaň.
Ýa-da: Wepaly söýgini bildirýän.
Ýa-da: Sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýan.
Sözme-söz: saýgarma ukyplydyr.
Ýa-da: saglygyňy berkidýär.
Ýa-da: Gabanjaňlyk.
Ýa-da: aýypsyzlygy.
Ýa-da: Ýara salýan.
Ýa-da: Şypaly.
Ýa-da: käýinji.
Ýa-da: temmini ýowuz hasaplaýar.
Sözlüge serediň.
Ýewreýçe «Abaddon».
Ýa-da: öküz etinden.
Ýa-da: gök otly nahar.
Ýa-da: Sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýan.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: masgara edýär.
Sözme-söz: arassadyr.
Sözme-söz: ýüregi tekepbiri.
Ýa-da: Wepaly söýgi.
Sözme-söz: Adalatsyz.
Sözme-söz: ölüm çapary.
Ýa-da: Mähirli; ýakymly sözler.
Sözme-söz: Akyldar adamyň ýüregi.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: owadan täçdir.
Ýa-da: Sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýan.
Ýa-da: Bije etege.
Sözme-söz: gurbanlykdan.
Altyn-kümüş eredilýän oda çydamly gap.
Ýa-da: Ene-atalar.
Sözme-söz: Günäniň üstüni örtýän.
Sözme-söz: zalym çapar.
Ýa-da: Başynda akyly. Sözme-söz: Ýüregi.
Sözme-söz: goltukdan.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Sözme-söz: saýgarma ukyply.
Ýa-da: Özüni çetde tutýan.
Ýa-da: Töhmetçiniň.
Sözme-söz: doganydyr.
Ýa-da: Emma göwnüçökgünlige kim döz gelip biler?
Ýa-da: Aýypsyz.
Ýa-da: Jomardyň.
Sözme-söz: Ýürekli.
Sözme-söz: Saýgarma ukybyny gymmat saýýan.
Ýa-da: Şerraý; dawaçyl.
Ýa-da: sylagyny berer.
Sözme-söz: Umyt.
Ýa-da: niýeti amala aşar.
Ýa-da: Wepaly söýgi.
Ýa-da: sada; ynanjaň.
Ýa-da: Şerap içýän başgalaryň üstünden düşýär.
Ýa-da: dawa turuzýar.
Başga manysy: Orak döwri gözlär, hiç zat tapmaz.
Ýa-da: niýeti. Sözme-söz: maslahaty.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Ýa-da: wepaly söýgä baý.
Ýa-da: aýypsyzdyr.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: agzyň çagyldan dolýandyr.
Ýa-da: tejribeli adamyň öwüt-nesihatyny.
Ýa-da: Töhmetçi.
Sözme-söz: miras.
Ýa-da: Ynsanyň ädimlerini Ýehowa ugrukdyrýar.
Sözme-söz: demi.
Ýa-da: Wepaly söýgi.
Ýa-da: içki dünýäsini.
Ýa-da: niýetleri.
Başga manysy: Ölümi gözleýänler üçin gaýyp bolýan ümür kimindir.
Ýa-da: Şerraý; dawaçyl.
Ýa-da: sada; ynanjaň.
Ýa-da: näme etmelidigini biler.
Sözme-söz: Goltukdaky para.
Ýa-da: Şerraý; dawaçyl.
Sözme-söz: ýalmap ýuwudýandyr.
Ýa-da: wepaly söýgä baý.
Ýa-da: Haýasyz işleri edip.
Sözme-söz: ebedi geplär.
Sözme-söz: Saýgarma ukyby.
Sözme-söz: Rehimdarlyk.
Ýa-da: Sada; ynanjaň.
Ýa-da: jeza.
Sözme-söz: Ýat. Nak 2:16-a serediň.
Sözme-söz: damagyňa pyçak goý.
Başga manysy: öz düşünjäňe daýanma.
Sözme-söz: ýüregi seniň bilen däl.
Ýa-da: mazardan. Sözlüge serediň.
Ýa-da: Böwreklerim böker.
Sözme-söz: Gelmişek. Nak 2:16-a serediň.
Ýa-da: Maşgala ojagy.
Sözme-söz: Saýgarma ukyby.
Ýa-da: tejribeli adamyň öwüt-nesihatyny.
Ýa-da: hakyky akyldarlyk.
Ýa-da: Niýetleri.
Ýa-da: lapykeç bolma.
Ýagny Ýehowanyň we patyşanyň.
Başga manysy: Hakykaty aýtmak ogşamak ýalydyr.
Ýa-da: maşgala ojagyňy.
Sözme-söz: Ol sap kümüş bolar.
Ýa-da: aýybyny açma.
Ýa-da: gybaty.
Ýa-da: Maslahata gulak asýan.
Sözme-söz: gar.
Ýa-da: Mähirli.
Başga manysy: Dönüge.
Ýa-da: Sodanyň. Kir ýuwulýan serişde.
Miwe turşadylyp alynýan içgi göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: Seni ýigrenýäniň.
Ýagny adamyň ýüregini ýumşadyp, gaharyny ýatyrmak.
Ýa-da: Şerraý; dawaçyl.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: Nähak gargyş siňmez.
Sözme-söz: Zalymlygy içýär.
Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.
Başga manysy: goşulýan.
Ýa-da: Töhmetçiniň.
Başga manysy: ýalan; mejbury.
Sözme-söz: tütetgi.
Ýa-da: gyjalat berýäne.
Ýa-da: Sada; ynanjaň.
Ýa-da: jeza.
Ýa-da: Şerraý; dawaçyl.
Ýa-da: dostuny ýiteldýär.
Ýewreýçe «Abaddon».
Altyn-kümüş eredilýän oda çydamly gap.
Ýa-da: Öwlen mahaly adamyň nähilidigini bilip bolýar.
Ýa-da: Höwes bilen; ünsli.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Ýa-da: Aýypsyz.
Ýa-da: Köp iýýänler.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Ýa-da: Aýypsyz.
Ýa-da: Açgöz.
Başga manysy: Tekepbir.
Sözme-söz: şäheri.
Başga manysy: Dogruçyl janyny gorajak bolýar.
Ýa-da: ähli duýgularyny.
Sözme-söz: Ikisiniňem gözüni Ýehowa nurlandyrýar.
Sözme-söz: Taýak.
Ýa-da: pygamberlik görnüşi; ylham. Sözlüge serediň: Görnüş.
Sözme-söz: öz janyny ýigrener.
Ýa-da: nälet antyny eşitse-de.
Başga manysy: kömek etmegini.
Sözme-söz: alkyş aýtmaýar.
Sözme-söz: nejasatyndan.
Haýwanyň ýa-da adamyň endamyna ýapyşyp, ganyny sorýan suw gurçugy.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Meniň üçin örän täsin üç zat bar.
Ýa-da: Akmak aşa düşýänçä iýse.
Ýa-da: Söýülmeýän.
Ýa-da: dogabitdi akyldardyr.
Sözme-söz: güýçli halk bolmasa-da.
Sözme-söz: halk.
Ýa-da: Hažžyk.
Ýa-da: jany ýananlara.
Ýa-da: Özüni gorap bilmeýänleriň.
Ýa-da: Gowy.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Gazanjy.
Ýa-da: pişgededir.
Sözme-söz: iki gat.
Ýa-da: içinden geýilýän eşikleri.
Ýa-da: Ertiriň üstünden gülýär.
Ýa-da: söýgi bilen berlen tälim. Sözme-söz: wepaly söýginiň kanuny.
Ýa-da: Gowy.
Ýa-da: boşdur; geçýändir.