«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar
© 2023 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
3—9 IÝUL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | HYDYR 4—6
«Gurluşyga päsgel bermäň»
Imanyňy berkidýän görnüş
13 Ybadathananyň gurluşygy gadagan edilipdi. Emma baş ruhany Ýoşuw (ýagny Ýuşa) we Zerubabel häkim «Hudaýyň... ybadathanasyny dikeldip başlady» (Hyd. 5:1, 2). Belki, käbir ýehudylar olaryň kararyny akmaklyk hasaplandyr. Şeýle uly gurluşygy duşmanlara bildirmän dowam etmek mümkin däldi. Şol sebäpli Ýehowa Zekerýa pygamber arkaly Zerubabel bilen Ýuşany goldaýandygyny düşündirdi. Nädip?
w86 1/2 sah. 29, çarçuwa abz. 2, 3
Ýehowa «ýaşululary goldaýardy»
Ýehudylar Wawilon ýesirliginden gaýdyp gelseler-de, ybadathana 16 ýyllap dikeldilmedi. Hagaý we Zekerýa pygamber halky işe girişmäge höweslendirdi. Şeýdip, Ýehowanyň ybadathanasy gaýtadan dikeldilip başlandy. Emma biraz wagtdan welaýatyň häkimleri: «Ybadathananyň gurluşygyny dowam etmäge size kim rugsat berdi?» diýip, olara garşy çykýarlar (Hydyr 5:1—3).
Ýehudylaryň ýaşululary örän seresap jogap bermelidi. Eger olar gorka ýol berse, halk gurluşygy bes ederdi. Eger duşmanlara garşy çyksa, häkimler gurluşygy gadagan ederdi. Şol sebäpli ýaşulular (Zerubabel häkim bilen baş ruhany Ýuşanyň ýolbaşçylygynda) olara paýhasly we sypaýyçylykly jogap berdiler. Olar Kir patyşanyň ençeme ýyl öň ybadathanany dikeltmek baradaky çykaran permanyny ýatlatdylar. Welaýat häkimleri parslaryň çykarýan kanunynyň hiç haçan ýatyrylmaýandygyny bilýärdiler. Şonuň üçin patyşanyň permanyna garşy çykyp bilmediler. Şeýdip, gurluşyk işi dowam etdi. Soňra Dariý patyşa-da ýehudylara päsgel bermezlik barada perman çykardy (Hydyr 5:11—17; 6:6—12).
Imanyňy berkidýän görnüş
7 B. e. öň 520-nji ýylda ýehudylar üçin garaşylmadyk waka boldy. Dariý I hökümdarlygynyň ikinji ýylynda ybadathananyň gurluşygynyň bikanun togtadylandygyny bilýär. Ol ýehudylaryň ybadathananyň gurluşygyny tamamlamalydygy hakda perman çykarýar (Hyd. 6:1—3). Patyşa goňşy halklara ýehudylara päsgel bermezligi, hatda gurluşygyň çykdajysyny ödemegi tabşyrýar (Hyd. 6:7—12). Şeýlelikde, ýehudylar dört ýyldan soň, ýagny b. e. öň 515-nji ýylda gurluşygy tamamladylar (Hyd. 6:15).
Imanyňy berkidýän görnüş
16 Ýehowa halkyna «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly görkezme berýär (Mat. 24:45). Emma käte bize wepaly hyzmatkäriň berýän görkezmesine düşünmek kyn bolýandyr. Aýdaly, wepaly hyzmatkär tebigy betbagtçylyga taýýarlanmak hakda görkezme berýär. Şonda biz: «Bu görkezme maňa degişli däl. Sebäbi meniň ýaşaýan ýurdumda tebigy betbagtçylyk bolmaýar» diýýändiris. Ýa-da biz wepaly hyzmatkäriň koronawirus keseli (COVID-19) bilen bagly berýän görkezmelerini ýerliksiz hasaplaýandyrys. Emma bize görkezmelere ýürekden eýermäge näme kömek eder? Biz Ýuşa bilen Zerubabele gulak asyp, Ýehowany razy eden ysraýyllardan görelde alyp bileris. Şeýle-de biz Mukaddes Kitapdaky başga wakalar hakda oýlanyp bileris. Käte ysraýyl halkyna Ýehowanyň beren görkezmesine eýermek mümkin däl ýaly bolup görünýärdi. Ýöne görkezmä eýeren adamlar janyny halas etdiler (Ser. 7:7; 8:10).
Ruhy dürdäneler
w93 15/6 sah. 32, abz. 3—5
Siz Mukaddes Kitaba ynanýarsyňyzmy?
Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bir kümüş teňňe tapyldy. Ol Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Tarsus şäherinde ýasalypdyr. Teňňe Pars häkimi Mazeýusyň hökümdarlyk eden döwrüne, ýagny b. e. öň IV asyra degişli. Onuň ýüzünde «derýanyň aňyrsyndaky» welaýatyň häkimi diýen ýazgy bar. Bu bolsa Mazeýusyň Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi bolandygyny subut edýär.
Haýran galdyrýan ýeri, Mukaddes Kitapda hem şoňa meňzeş maglumat duş gelýär. Hydyr 5:6—6:13-nji aýatlara görä, welaýat häkimi Tatenaý ýehudylaryň Iýerusalimde ybadathanany dikeldýändikleri barada Pars patyşasy Dariýe hat ýazýar. Dariý patyşa hem onuň hatyna jogap berýär. Hydyr Kanuny ökdelik bilen göçürýän mürzedi. Ol kitabynda anyk hem jikme-jik maglumatlary ýazdy. Hydyr 5:6 we 6:13-nji aýatlara üns bersek, Hydyr Tatenaýyň «Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi» bolandygyny aýdýar.
Hydyr ruhany kitabyny takmynan b. e. öň 460-njy ýylda, ýagny tapylan kümüş teňňäniň ýasalmagyndan 100 ýyl öň ýazýar. Elbetde, käbirleri şeýle subutnamalary wajyp hasaplamazlygy mümkin. Ýöne Mukaddes Kitaby ýazanlar hatda kiçijik maglumaty hem gözden salmadylar. Diýmek, biz Mukaddes Kitaba doly ynanyp bileris.
10—16 IÝUL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | HYDYR 7, 8
«Hydyr Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy»
w00 1/10, sah. 14, abz. 8
Hudaýyň Sözüni öwrenmek peýdaly hem gyzykly
8 Biz Ýehowanyň Sözüni bütin ýüregimiz bilen söýmeli. Mukaddes Kitapdan okan zatlarymyz hakda oýlanyp lezzet almaly. Hudaýyň Sözündäki çuň pikirlere düşünmäge jan etmeli we olary aňymyza, ýüregimize siňdirmeli. Biz hiç zada ünsümizi sowman, doga edip çuňňur oýlanmaly. Bu babatda Hydyr ruhanynyň göreldesine eýerip bileris. Mukaddes Kitapda: «Hydyr Ýehowanyň kanunyny çuňňur öwrenip berjaý etmäge we Hudaýyň düzgünlerini, hökümlerini Ysraýylda öwretmäge ýüregini taýýarlapdy» diýilýär (Hydyr 7:10, çykgyt). Bizem Hudaýyň Sözüni öwrenmek, ony berjaý etmek we başgalara öwretmek üçin ýüregimizi taýýarlamaly.
si sah. 75, abz. 5
Mukaddes Kitabyň 13-nji kitaby — 1 Taryh
5 «Hydyr Ýehowanyň kanunyny çuňňur öwrenip berjaý etmegi we Hudaýyň düzgünlerini, hökümlerini Ysraýylda öwretmegi ýüregine düwüpdi» (Hydyr 7:10). Şol sebäpli ol 1 Taryh kitabyndaky wakalary takyk hem anyk ýazyp bildi. Ýehowa hem Hydyra mukaddes ruhy arkaly kömek edýärdi. Şeýle-de Pars patyşalygynyň hökümdary Hydyrda Hudaýyň akyldarlygynyň bardygyna göz ýetirdi we köp ygtyýar berip, Ýahuda welaýatyna iberdi (Hydyr 7:12—26). Hydyr şol döwür elýeterli bolan maglumatlaryň we patyşanyň kömegi bilen, esasan-da Hudaýyň goldawy arkaly 1 Taryh kitabyny ýazdy.
it «Pesgöwünlilik»
Pesgöwünlilik
Dogry görkezme almaga kömek edýär. Hudaý pesgöwünli adama görkezme berýär. Hydyryň uly jogapkärçiligi bardy: ol ruhanylary, ybadathana gullukçylaryny, aýallary we çagalary hasaba almanyňda, 1 500-den gowrak adamy Wawilondan Iýerusalime eltmelidi. Şeýle-de olar ýany bilen ybadathanany bezemek üçin ummasyz altyn-kümüşleri alypdy. Olar uzak hem howply ýoly geçmelidi. Emma Hydyr patyşadan esger we atly soramady, sebäbi ynsan güýjüne bil baglamaýardy. Ol patyşa: «Hudaýymyz wepaly bendelerini goldaýandyr» diýipdi. Soňra Hydyr ysraýyllara agyz bekläp, Hudaýyň öňünde pälini pes tutmagy tabşyrýar. Olar Ýehowadan ýolda goramagyny dileýärler. Hudaý olaryň dilegini eşidip, ýolboýy duşmanlardan we talaňçylardan goraýar. Şeýdip, olar sag-aman Iýerusalime barýarlar (Hyd 8:1—14, 21—32).
Ruhy dürdäneler
Hydyr kitabyndan peýdaly pikirler
7:28—8:20. Wawilondaky ýehudylaryň köpüsi näme üçin Hydyr bilen Iýerusalime gitmäge ýaýdandylar? Käbir ýehudylaryň watanyna dolananyna 60 ýyl geçen hem bolsa, Iýerusalimiň sanlyja ilaty bardy. Elbetde, ýehudylara Iýerusalime dolanyp, täze durmuşa başlamak aňsat däldi. Daş-töwerekden hem howp abanýardy. Olar Iýerusalimde Wawilondaky ýaly bolelin ýaşap bilmeris diýip alada edendirler. Mundan başga-da olar uzak hem howply ýoly geçmelidi. Ýehudylara göçmek üçin batyrgaýlyk gerekdi. Esasan-da olar Ýehowa berk iman edip, arassa seždäni yhlasly goldamalydy. Hatda Hydyra hem dogumly hereket etmek üçin Ýehowanyň goldawy gerekdi. Hydyr Hudaýyň goldawyny duýansoň, halky ruhlandyrdy. Netijede, 1 500 maşgala, ýagny 6 000-e golaý adam Iýerusalime dolanmak kararyna geldi. Soňra Hydyr 38 lewini we 220 sany ybadathana gullukçysyny watanyna dolanmaga höweslendirdi.
17—23 IÝUL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | HYDYR 9, 10
«Gulak asmazlygyň berýän jepasy»
w06 1/15 sah. 20, abz. 1
Hydyr kitabyndan peýdaly pikirler
9:1, 2. Ysraýyllaryň başga halklar bilen garyndaşlyk açmagy näme üçin howpludy? Sürgünden dolanan halk Mesih gelýänçä arassa seždäni gorap saklamalydy. Olaryň goňşy halklar bilen gatnaşmagy Ýehowa edilýän seždäni hapalap bilerdi. Käbir ysraýyllar ýalan taňrylara çokunýan gyzlara öýlenip, nejis işlerine baş goşýardylar. Olaryň şeýle etmegi tutuş halky Ýehowadan daşlaşdyryp bilerdi. Wagtyň geçmegi bilen arassa sežde ýer ýüzünden ýok bolup giderdi. Şonda Mesih haýsy halkyň ýanyna gelerdi?! Bolan ýagdaýy görende, Hydyryň ör-gökden gelendigi geň galdyrmaýar.
w09 1/10 sah. 10, abz. 6
Ýehowa bizden näme isleýär?
Biz Ýehowa ýürekden gulak assak, aljak bereketlerimiziň sany-sajagy bolmaz. Musa: «Ýehowanyň men arkaly berýän tabşyryklaryny, kada-kanunlaryny berjaý ediň. Şonda görjegiňiz gowy bolar» diýdi (5 Musa 10:13). Hawa, Ýehowa kada-kanunlary biziň peýdamyz üçin berdi. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýahýa 4:8). Ýehowanyň berýän her bir kada-kanunyna gulak assak, biz hemişe bereket alarys (Işaýa 48:17). Biz Ýehowanyň tabşyryklaryna eýersek, köp kynçylyklaryň öňüni alarys we gelejekde Hudaýyň Patyşalygynda eşretli durmuşda ebedi ýaşarys.
Ruhy dürdäneler
Hydyr kitabyndan peýdaly pikirler
10:3, 44. Ysraýyllar näme üçin diňe aýallaryny däl-de, çagalaryny hem yzyna ugratdylar? Eger olar çagalaryny alyp galan bolsalar, onda ejeleriniň hem yzyna gaýdyp gelmegi mümkindi. Mundan başga-da kiçijik çagalar ene mährine has-da zar bolýarlar.
24—30 IÝUL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | NEHEMÝA 1, 2
«Men şol bada gökdäki Hudaýa doga etdim»
Ýehowa mydama gözüň alnynda bolsun
5 Käwagt biziň Hudaýdan kömek diläp doga etmäge wagtymyz az bolýar. Bir gezek Pars patyşasy Artahşaşta sakysy Nehemýanyň gamgyn görünýändigine üns berýär. Patyşa ondan: «Sen näme isleýärsiň?» diýip soraýar. «Men [Nehemýa] şol bada gökdäki Hudaýa doga etdim». Nehemýa ýüregini dökmäge wagtynyň bomandygy sebäpli içinden gysga doga edýär. Emma Hudaý muňa jogap berýär we Nehemýa Iýerusalimiň diwarlaryny gurmaga patyşadan kömek berilýär (Nehemýa 2:1—8). Görşümiz ýaly, Hudaý hatda içiňden aýdylan gysga dogany hem eşidýär.
Erkin çykyş etmek
Dini ynançlaryňyz barada soranlarynda we taýýarlanmaga mümkinçiligiňiz bolmadyk ýagdaýynda dogry jogap bermäge näme kömek eder? Artakserks patyşanyň soragyna jogap bermezden öň, içinden doga eden Nehemýanyň göreldesine eýeriň (Neh. 2:4). Soňra aňyňyzda gysgaça meýilnama düzüň. Esasy ädimleri şeýle tertipde düzüp bilersiňiz: 1) berjek jogabyňyz birki bölümden ybarat bolsun («Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňe başlamak we dowam etmek» atly broşýuradaky pikirleri ulanyp bilersiňiz); 2) şol pikirleri tassyklamak üçin ulanjak aýatlaryňyzy saýlaň; 3) sorag berýän adam höwes bilen diňlär ýaly nädip sypaýyçylykly düşündirip boljakdygy barada oýlanyň. Soňra jogap beriň.
Ruhy dürdäneler
w86 15/2 sah. 25
Arassa sežde dikeldilýär
Ýok. Nehemýa Iýerusalimiň gözgyny ýagdaýy hakda öňem «gije-gündiz» doga edýärdi (Neh 1:4, 6). Ol Ardaşir patyşa Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmek isleýändigini aýtmanka, ýene-de Ýehowa doga edýär. Ýehowa Nehemýanyň dilegini eşidýär we patyşa oňa şäheriň diwarlaryny dikletmäge rugsat berýär.
Biziň üçin sapak: Nehemýa Ýehowadan görkezme sorady. Bizem wajyp karara gelmeli bolanymyzda «hemişe doga etmeli» we Ýehowanyň berýän görkezmesine eýermeli (Rimliler 12:12).
31 IÝUL—6 AWGUST
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | NEHEMÝA 3, 4
«Agyr zähmet çekmegi kiçilik bilmäň!»
Nehemýa kitabyndan peýdaly pikirler
3:5, 27. Tekoýaly «at-abraýly adamlar» agyr zähmet çekmegi kiçilik bildiler. Ýöne garamaýak tekoýalylar güýjüni gaýgyrman gurluşyga gatnaşdylar. Biz olaryň göreldesine eýerip, arassa sežde üçin kyn işleri etmäge taýyn bolmaly.
Siz Ýehowanyň halaýan adamy bolup bilersiňiz
11 Birnäçe asyr geçensoň, Ýehowa Iýerusalimiň diwaryny dikeltmek üçin köp adamlary ulandy, olaryň arasynda Şalumyň gyzlary hem bardy (Neh. 2:20; 3:12). Kakasy han bolsa-da, olar agyr we howply işi höwes bilen ýerine ýetirdiler (Neh. 4:15—18). Olar tekoýalylardan örän tapawutlanýardy. Tekoýalylaryň «at-abraýly adamlary gözegçileriň elinde işlemegi kiçilik bilýärdiler» (Neh. 3:5). Şalumyň gyzlary gurluşygyň 52 günde tamamlanandygyny görüp, begenjinden uçaýjak bolandyr (Neh. 6:15). Şu günlerem uýalar ýörite gullugy berjaý edýärler. Olar Ýehowa bagyş edilýän binalaryň gurluşyk we abatlaýyş işlerine höwes bilen gatnaşýarlar. Ukyply, yhlasly we wepaly uýalaryň tagallasy bilen edýän işimizde köp üstünlik gazanyp bileris.
w04 1/8 sah. 18, abz. 16
Özüňize Mesihiňki ýaly garaýyşda boluň
16 Ýaş bolsun, garry bolsun, dogan-uýalaryň ählisi Isa Mesih ýaly pesgöwünli bolmaly. Ýygnakda bize dürli işler tabşyrylmagy mümkin. Eger size pes hasaplanýan işi tabşyrsalar nägile bolmaň (1 Şamuwel 25:41; 2 Patyşalar 3:11). Ene-atalar, siz çagalaryňyzy Ýygnak jaýynda ýa-da kongres geçirilýän ýerde tabşyrylýan işleri ýürekden etmäge höweslendirýärsiňizmi? Olar siziň pes işleri hem edýändigiňizi görýärlermi? Ýehowanyň Şaýatlarynyň baş edarasynda gulluk edýän bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Ene-atam Ýygnak jaýyny ýa-da kongres geçirilýän ýeri arassalamagy wajyp hasaplaýardy. Olar dogan-uýalar üçin pes işleri hem höwes bilen edýärdi. Ene-atamyň göreldesi maňa Beýtelde tabşyrylýan islendik ýumşy ýürekden etmäge kömek edýär».
Ruhy dürdäneler
Nehemýa kitabyndan peýdaly pikirler
4:17, 18. Gurluşyga gatnaşýanlar nädip bir elinde işläp bilýärdi? Ýük daşaýanlara muny etmek kyn däldi. Sebäbi olar ýüki kellesine ýa-da egnine goýup, ony bir eli bilen saklaýardy, beýleki elinde-de ýarag göterýärdi. Gurluşykçylar bolsa bir elinde işläp bilmeýärdi. Şonuň üçin olar gylyjy biline dakyp işleýärdi. Duşmanlar duýdansyz çozaýsa-da, olar söweşmäge taýyndy.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Zähmetiňiziň hözirini görüň
1 Adam «zähmetinden lezzet almak» üçin ýaradyldy (Wag. 2:24). Emma biziň wagzymyz gowy netije bermese, ruhdan düşüp, şatlygymyzy ýitirýäris we yhlasymyz gowşaýar. Bize dogry garaýyşda bolmaga näme kömek eder?
2 Dogry garaýyşda boluň. Isa wagyz edende, köp adamlar diňlemese-de, gullugynyň üstünlikli bolandygyny unutmaň (Ýahýa 17:4). Isa ekin tymsalynda Patyşalyk baradaky habary köp adamlaryň kabul etmejekdigini aýtdy (Mat. 13:3—8, 18—22). Emma tagalla etsek, köp üstünlik gazanyp bileris.
3 Nädip köp hasyl berýäris? Isanyň tymsalyna görä, hoş habary kabul edenler «hasyl bermeli» (Mat. 13:23). Bugdaý baldak çykaryp, ýetişenden soň hasyl berýär. Bugdaýyň hasyly baldak däl-de, onuň täze tohumy. Diýmek, mesihçileriň berýän hasyly diňe bir täze şägirtler däl-de, eýsem hasylyň tohumynyň köp bolşy ýaly, Patyşalyk barada köp wagyz etmegi aňladýar. Hoş habary kän adamlar diňlemese-de, biz köp «lezzet alyp» kanagatlanýarys, çünki Ýehowanyň adyny mukaddes edýäris (Iş. 43:10—12; Mat. 6:9). Biziň üçin Hudaýyň işdeşleri bolmak uly hormat (1 Kor. 3:9). Ýehowa «dodaklaryň miwesi» ýaraýar (Ýew. 13:15, 16).
4 Şeýle-de käte biz zähmetimiziň netijesini görmezligimiz mümkin. Isa ýer ýüzünde gulluk edýärkä, wagzyny diňlän käbir adamlar hem, onuň şägirtleri bolmady. Şonuň ýaly Patyşalyk barada eken tohumymyzyň adamyň ýüreginde kök urup, gögerenini we onuň hakykata gelenini bilmän galýarys. Hakykatdanam, biziň gullugymyz köp peýda getirýär. Şeýlelikde, «köp miwe bermegimiz bilen» Isanyň şägirdidigimizi subut edýäris (Ýahýa 15:8).
7—13 AWGUST
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | NEHEMÝA 5—7
«Nehemýa janaýaman hyzmat edýärdi»
w02 1/11 sah. 27, abz. 3
Geçmişde we häzir arassa seždäni goldan adamlar
Nehemýa arassa sežde üçin diňe bir wagtyny hem güýjüni däl-de, puluny hem gaýgyrmaýardy. Ol barja zadyny berip, ýehudy doganlaryny gulçulykdan azat etdi. Ol hiç kime göterimine karz bermeýärdi. Nehemýa halka ýük bolmaz ýaly, häkime berilýän paýy hem almaýardy. Gaýtam «150 adamy we goňşy halklardan gelen adamlary öz saçagyndan naharlaýardy». Ol myhmanlar üçin «her gün öz hasabyna bir öküz, alty semiz goýun soýduryp, guşuň etine çenli bişirdýärdi». Mundan daşary Nehemýa olara «her on günden şerabyň dürli görnüşini bolluk bilen berýärdi» (Nehemýa 5:8, 10, 14—18).
«Elleriň gowşamasyn!»
16 Ýehowanyň goldawy bilen Nehemýa we onuň ýoldaşlary halkyň elini berkitdiler. Netijede, olar Iýerusalimiň diwarlaryny bary-ýogy 52 günde gurup gutardylar (Neh. 2:18; 6:15, 16). Nehemýa gurluşyk işine diňe bir gözegçilik etmän, eýsem, diwarlary gurmaga-da gatnaşdy (Neh. 5:16). Şonuň ýaly-da söýgüden doly ýaşulularymyzyň köpüsi Nehemýanyň göreldesine eýerip, gurluşyk işlerine ýa-da patyşalyk zalynyň arassaçylyk we bejeriş işlerine gatnaşýarlar. Olar imandaşlary bilen wagyz edende, çopançylyk idegini edende, biynjalyk bolýan dogan-uýalaryň gowşan ellerini berkidýärler (Işaýa 35:3, 4-nji aýatlary okaň).
w00 1/2 sah. 32
Ýehowa sizi nädip ýadyna salar?
Mukaddes Kitapda «ýada salmak» diýen jümle birine ýagşylyk etmegi aňladyp biler. Meselem, Tupandan 150 gün geçenden soň, «Hudaý Nuhy... ýadyna saldy. Hudaý ýer ýüzüne ýel öwüsdirdi welin, suw peselip başlady» (1 Musa 8:1). Birnäçe asyrdan soň piliştliler Şimşonyň gözüni oýup, gandala salansoň, ol şeýle doga edýär: «Ýehowa, meni ýadyňa sal, haýyş edýärin! Hudaýym, ýene birje gezek maňa güýç ber, ýalbarýaryn!» Ýehowa hem Şimşonyň dilegini eşidip, duşmanlary ýeňmäge güýç berýär (Serdarlar 16:28—30). Ýehowa Nehemýanyň Iýerusalimde arassa seždäni dikeltmek üçin eden tagallasyny patalap, ony ýadyna saldy.
Ruhy dürdäneler
«Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň»
15 Üçünjiden, Nehemýa Hudaýyň Kanunyny bozdurmak üçin, duşmanlar ysraýylly dönük Şemaýany ulanýarlar. Şemaýa Nehemýa şeýle diýýär: «Ýör, Hak Hudaýyň öýüne gideli, ybadathana girip, onuň gapysyny ýapaly; sebäbi olar seni öldürmäge gelerler». Şemaýa Nehemýa janynyň howp astyndadygyna we ybadathana girse halas bolup biljekdigine ynandyrjak bolýar. Ýöne Nehemýa ruhany däldi. Hudaýyň öýünde gizlenmek bilen ol günä ederdi. Nehemýa janyny halas etmek üçin Hudaýyň Kanunyny bozarmy? Nehemýa: «Meniň ýaly adam ybadathana girip, diri galyp bilermi? Men girjek däl!» diýip jogap berýär. Näme üçin Nehemýa Şemaýanyň guran duzagyna düşmeýär? Sebäbi ol Şemaýa ysraýylly bolsa-da, «ony Hudaýyň ibermändigini» bilýärdi. Dogrudanam, Şemaýa Hudaýyň hakyky pygamberi bolsa, Ýehowanyň Kanunyny bozmagy hiç haçan maslahat bermezdi. Nehemýa ýene-de özüni duşmanyň ýamanlygyna ýeňdirmeýär. Biraz wagtdan ol: «Diwar Ýelul aýynyň ýigrimi bäşine, elli iki günüň içinde gurlup gutaryldy» diýip hasabat berýär (Nehemýa 6:10—15; Sanlar 1:51; 18:7).
WAGYZDA ÖKDELŞIŇ
Hoş habarçy bolup hyzmatyňy bitir
17 Isa şägirtlerini wagyz etmäge iki-ikiden ýollady (Mar. 6:7; Luka 10:1). Pawlus resul: «Işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işleşdik» diýip ýazdy (Flp. 4:3). Şol sebäpli-de, 1953-nji ýylda Patyşalygyň wagyzçylarynyň ählisi wagyz etmegi öwrener ýaly, ýörite okuw geçirilip başlandy.
18 Siz wagyzda bir-biriňize nädip kömek berip bilersiňiz? (1 Korintoslylar 3:6—9-njy aýatlary okaň). Meselem, biriňiz Mukaddes Ýazgylardan okanyňyzda, beýlekiňiz öz kitabyňyzdan yzarlaň. Biri öý eýesine wagyz edende, beýlekisi ünsli diňlesin. Öý eýesi ylalaşmadyk ýagdaýynda dykgatly boluň (Wag. 4:12). Emma wagyzçy gowy güwälik etse ýa-da öý eýesi öz pikirini aýdýan bolsa, onda gürrüňi bölmejek boluň. Eger siz gürrüňe ýerliksiz wagty goşulsaňyz, wagyzça päsgel berersiňiz we öý eýesiniň başyny çaşyrarsyňyz. Emma käte gürrüňe goşulmak peýdaly bolýar. Ýöne diýjek sözleriňiz barada oýlanyň we gysgaça aýdyň. Soňra wagyzça sözüni dowam etmäge mümkinçilik beriň.
19 Öýden-öýe wagyz edenimizde biri-birimize nädip kömek edip bileris? Teklibiňizi gowulandyrmak barada gürrüň etseňiz peýdaly bolmazmy? Adamlara ruhdan düşürýän pikirleri aýtmajak boluň. Şeýle-de dogan-uýalary tankytlamaň (Gal. 5:15). Ähli adamlaryň bikämildigini unutmaň. Ýehowa bize gymmatly hoş habary ynanyp, jomartlygyny bildirýär (2 Korintoslylar 4:1, 7-nji aýatlary okaň). Geliň, ählimiz hoş habara minnetdar bolup, ony has gowy ýerine ýetireliň!
14—20 AWGUST
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | NEHEMÝA 8, 9
«Ýehowanyň berýän şatlygy güýjüňize güýç goşar»
Lewileriň dogasyndan näme öwrenýäris?
2 Ýokarda agzalan ýygnanyşygyň öň ýanynda ýehudylar Iýerusalimiň diwarlarynyň gurluşyk işlerini tamamlapdylar (Neh. 6:15). Hudaýyň halky ony bary-ýogy 52 günüň içinde bitirdiler we soňra ruhy zerurlyklaryna aýratyn üns bermäge çalyşdylar. Şol sebäpli olar indiki, ýagny tişri aýynyň birinji güni Ezrany diňlemek üçin ýörite meýdança ýygnanyşdylar. Lewiler Hudaýyň Kanunyny sesli okap, ony düşündirmelidiler (1-nji surat). Ähli maşgalalar, şol sanda «düşünip biljekleriň... hemmesi» «ir ertirden günortana çenli» dik durup diňlediler. Ine, ýygnak duşuşyklarynda özümizi nähili alyp barmalydygymyz babatda diýseň ajaýyp görelde! Seniň ýygnakda käte ünsüň sowlup, gerekmejek zatlar barada oýlanyp başlaýarmyň? Onda gadymy ysraýyllylaryň galdyran göreldesi barada ýene-de bir gezek pikirlen. Olar okalýan zatlary diňe bir diňlemek bilen çäklenmän, eýsem olary ýürekden kabul edipdirler, hatda Hudaýyň Kanunyna gulak asmandyklary üçin aglap başladylar (Neh. 8:1—9).
Siz «Ruhda gezermisiňiz?»
9 Şatlyk bu uly bagt. Ýehowa «mübärek Hudaýdyr» (1 Timoteos 1:11; Zebur 104:31). Isa Atasynyň islegini berjaý etmekden keýp alýardy (Zebur 40:8; Ýewreýler 10:7—9). Şeýle-de «Ýehowanyň şatlygy biziň kuwwatymyzdyr» (Nehemýa 8:10).
10 Hudaýyň berýän şatlygy onuň islegini berjaý edip, kynçylyga, betbagtçylyga we yzarlamalara uçranda-da, kalbymyza rahatlyk berýär. «Hudaýy tanamak» biziň üçin uly bagtdyr! (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5). Biz Hudaý barada dogry bilim alyp, oňa we Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edip, Ýehowa bilen gatnaşykdan şatlanýarys (1 Ýahýa 2:1, 2). Şatlanmagyň ýene bir sebäbi halkara hakyky doganlygyň agzasy bolmakdyr (Sefanýa 3:9; Haggaý 2:7). Hudaýyň Patyşalygyna bolan umyt we hoş habary wagyz etmek ýaly hormata mynasyp iş hem bizi begendirýär (Matta 6:9, 10; 24:14). Biz ebedi ýaşaýşa bolan umyda hem guwanýarys (Ýahýa 17:3). Şeýle ajaýyp geljegiň garaşýandygy üçin biz «diňe şatlanmaly» (Kanunyň gaýtalanyşy 16:15).
Ruhy dürdäneler
it «Arameý dili»
Arameý dili
Ýehudylaryň Wawilon ýesirliginden gelenine birnäçe ýyl geçenden soň, Hydyr ruhany Iýerusalimde ýygnanan halka Kanun kitabyny okap berýär, lewiler bolsa ony düşündirýär. Nehemýa 8:8-de: «Lewiler hak Hudaýyň Kanunyny okap, manysyny gowy düşündirýärdi. Olar halka okalan zatlara düşünmäge kömek etdiler» diýilýär. Belki-de, lewiler Kanuny düşündirende ýewreýçeden arameý diline terjime edendir, sebäbi ýehudylar Wawilondaka şol dilde geplemäge öwrenişipdiler. Olar ýewreý dilini bilen hem bolsalar, lewiler halka Kanunyň manysyna has gowy düşünmäge kömek etmelidi.
21—27 AWGUST
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | NEHEMÝA 10, 11
«Olar Ýehowa üçin öz isleginden geçdiler»
w98 15/10 sah. 22, abz. 13
Iýerusalim — adyna mynasyp şäher
13 Nehemýanyň günlerinde Hudaýyň halky möhür basyp äht baglaşdy. Şondan soň olar Iýerusalimiň diwarynyň açylyş dabarasyny geçirýärler. Iýerusalimiň 12 derwezeli beýik diwary gurlupdy, ýöne bir kynçylyk bardy. Şäher uly we giň bolsa-da, ilaty gaty azdy (Nehemýa 7:4). Şol sebäpli ysraýyllar «her on maşgaladan bir maşgala mukaddes şäher Iýerusalimde ýaşar ýaly bije atdylar. Iýerusalime öz islegi bilen göçenler hem bardy, halk olara ak pata berdi» (Nehemýa 11:1, 2). Şu günlerem mümkinçiligi bolan dogan-uýalar wagyzçylaryň az ýerine göçüp, olaryň göreldesine eýerýärler.
w86 15/2 sah. 26
Arassa sežde dikeldilýär
Käbir ysraýyllara miras alan ýerini goýup, Iýerusalime göçmek aňsat däldi. Munuň üçin olar çykdajy etmelidi we käbir zatlaryndan geçmelidi. Üstesine-de, şäherde ýaşamak biraz howpludy. Şol sebäpli halk öz islegi bilen göçenlere öwgüli sözleri aýdyp, Ýehowadan olara ak pata bermegini diledi.
Ýehowa özüne wepaly adamlary sylaglaýar
15 Biz hem özümizi Ýehowa bagyş edenimizde, Onuň islegini hemişe berjaý etjekdigimizi wada berdik. Biz beren sözümize görä ýaşamak üçin jan etmeli. Emma bizden halamaýan zadymyzy etmegi haýyş etseler, wepalylygymyz synalyp biler. Şeýle ýagdaýlarda biz öz islegimizi däl-de, Hudaýyň islegini berjaý etsek, wepalylygymyzy subut ederis. Hudaýa wepaly galmak üçin tagalla etsek, ençeme bereketleriň eýesi bolarys (Mal. 3:10). Ýeftahyň gyzy barada näme diýse bolar?
Ruhy dürdäneler
Nehemýa kitabyndan peýdaly pikirler
10:34. Halk näme üçin odun getirmelidi? Aslynda, Musanyň kanunynda odun getirmek talap edilmeýärdi. Şeýle tabşyryk zerurlyk dörändigi üçin berildi. Gurbanlyk ojagynda gurbanlyklary ýakmak üçin köp odun gerekdi. Odun getirýän ybadathana gullukçylarynyň sany bolsa azdy. Şonuň üçin ybadathana wagtly-wagtynda odun getirer ýaly ysraýyllara bije atyldy.
WAGYZDA ÖKDELŞIŇ
w11 15/2 sah. 15, 16, abz. 12—15
Hudaýyň mährini gazanyp, ebedi ýaşaýşa gowşuň
12 Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda şeýle diýýär: «Eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn; bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr» (Rim. 12:1). Ýehowanyň mährini gazanmak üçin, adam öz tenini mukaddes saklamaly. Eger ol çilim, nas, çeýnelýän temmäki we neşe çekip ýa-da spirtli içgileri köp içip, özüni hapalasa, onuň beren gurbanynyň peýdasy bolmaz (2 Kor. 7:1). Onsoňam, Ýehowa dürli ahlaksyz işleri edýän adamyň gurbanyny ýigrenýär, sebäbi «ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir» (1 Kor. 6:18). Diýmek, Hudaýyň göwnünden turmak üçin adam «ähli edim-gylymynda mukaddes bolmaly» (1 Pet. 1:14—16).
13 Biz gepleýşimiz bilen hem Ýehowanyň halaýan gurbanyny berip bilýäris. Ýehowany söýýän adamlar köpçülikde-de, ýekelikde-de ony taryplaýan sözleri aýdýarlar (Zebur 34:1—3-nji aýatlary okaň). 148—150-nji mezmurlar Ýehowany ençeme gezek şöhratlandyrmaga höweslendirýär. Dogrudan-da, «göni adamlara sena gelişýändir» (Zeb. 33:1). Baş Göreldämiz Isa Mesih hem hoş habary wagyz edip, Hudaýy şöhratlandyrmagyň ähmiýetini belläp geçdi (Luka 4:18, 43, 44).
14 Biz yhlasly wagyz edip, Ýehowany söýýändigimizi we onuň mährini gazanmak isleýändigimizi görkezýäris. Ýalan seždä eýerip, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolan ysraýyllylara Hoşea pygamberiň beren maslahatyna seredeliň (Hoş. 13:1—3). Hoşea olara: «Biziň ýazyklarymyzy geç we ýagşy zatlarymyzy kabul et, biz hem dodaklarymyzyň ýaş öküzlerini getireli» diýip, Ýehowa ýalbaryň diýýär (Hoş. 14:1, 2).
15 Öküz bu ysraýyllylaryň Ýehowa gurban edip biljek iň gymmatly malydy. Şol sebäpli «dodaklarymyzyň ýaş öküzleri» diýen söz hak Hudaýy ýürekden şöhratlandyrmagy aňladýar. Ýehowa şeýle gurban berýän adamlara nähili garaýardy? Ol: «Men olary öz isleýşim ýaly söýerin» diýýär (Hoş. 14:4). Ýehowa öwgi gurbanlary berýän adamlaryň günälerini bagyşlaýar. Olar onuň mährini we dostlugyny gazanyp bilerler.
28 AWGUST—3 SENTÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | NEHEMÝA 12, 13
«Ýehowa wepaly dostlary saýlaň»
it «Ammonlar»
Ammonlar
Tobyýa ybadathanadan kowlansoň, ysraýyllar 5 Musa 23:3—6-njy aýatlardaky tabşyryga eýerýärler. Ol ýerde ammonlaryň we mowaplaryň ysraýyl halkyna goşulyp bilmejekdigi aýdylýar (Neh 13:1—3). Sebäbi ysraýyllar Wada edilen ýurda ýetip barýarka, ammonlar we mowaplar olara kömek etmediler. Şol tabşyrygyň berlenine 1 000 ýyl geçipdi. Elbetde, ammonlar we mowaplar ysraýyl halkynyň doly hak-hukukly agzasy bolup bilmese-de, ysraýyllar bilen gatnaşyp, halkyň arasynda ýaşap bilýärdi. Meselem, Mukaddes Kitapda Dawudyň esgerleriniň arasynda ammonlardan Zelegiň bolandygy aýdylýar. Şeýle-de onda mowaplardan Rut hakda aýdylýar (Rut 1:4, 16—18).
Siz mukaddes edildiňiz
5 Nehemýa 13:6—8-nji aýatlary okaň. Mukaddesligi saklamak aňsat däl, çünki bizi erbet täsir edýän zatlar gurşap alýar. Geliň, Elýaşyp we Tobyýa bilen bolan waka seredeliň. Elýaşyp baş ruhanydy, Tobyýa bolsa ammon halkyndandy. Ähtimal, Tobyýa Ýahudadaky Pars hökümetiniň wekili bolandyr. Nehemýa Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmekçi bolanda, Tobyýa we onuň ýaranlary garşy çykdylar (Neh. 2:10). Ammonlylara ybadathana girmek gadagandy (Kan. tag. 23:3). Onda näme üçin baş ruhany Elýaşyp özge milletli adama, ýagny Tobyýa ybadathanadan ýer berdikä?
6 Tobyýa bilen Elýaşyp ýakyndan gatnaşýardylar. Tobyýa we onuň ogly Ýehohanan ýehudy gyzlaryna öýlendiler. Ýehudylaryň köpüsi Tobyýa hormat goýýardylar (Neh. 6:17—19). Elýaşybyň agtygy bolsa, Sanballadyň gyzyna öýlendi. Sanballat Samariýanyň hökümdarydy we ol Tobyýanyň tarapdarydy (Neh. 13:28). Görşümiz ýaly, bu gatnaşyklar baş ruhany Elýaşyba täsir edýär, ýagny ol özge milletli we halkyň duşmany bolan adam bilen dostlaşýar. Emma Nehemýa Tobyýanyň ähli öý goşlaryny ybadathanadan çykaryp zyňýar. Şeýdip, ol Ýehowa wepalylygyny görkezýär.
w96 15/3 sah. 16, abz. 6
Synaglarda wepaly bolýarys
6 Ýehowa wepaly adam onuň duşmanlary bilen dost bolmaýar. Ýakup şägirt hem şeýle sözleri ýazdy: «Eý biwepalar, siz dünýä bilen dostlaşyp, Hudaýyň duşmany bolýandygyňyzy bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam Hudaýyň duşmany bolýar» (Ýakup 4:4). Biz Dawut patyşa ýaly Hudaýa wepaly bolmak isleýäris. Ol: «Eý Ýehowa, seni ýigrenýänleri menem ýigrenýärin, saňa baş galdyranlar ýigrenjidir. Olary ganym duşmanym hasaplaýaryn, men olary ýigrenýärin» diýdi (Zebur 139:21, 22). Biz hem bilgeşleýin günä edýänler bilen dostlaşmarys, gaýtam olardan arany açarys. Hudaýa wepaly bolandygymyz üçin, biz Ýehowanyň duşmanlaryny telegepleşiklerde goldamarys we başga usullar arkaly olar bilen gatnaşyk saklamarys.
Ruhy dürdäneler
it «Aýdym-saz»
Aýdym-saz
Ybadathanada aýdym aýtmak wajyp hasaplanýardy. Muny Mukaddes Kitapda aýdymçylar hakda aýdylýan maglumatdan bilse bolýar. Meselem, aýdymçylar borjuny birkemsiz ýerine ýetirer ýaly, «başga jogapkärçilikden boşadylýardy» (1Tr 9:33). Şeýle-de olar Wawilondan gaýdyp gelen ysraýyllaryň arasynda aýratyn topar hökmünde agzalýar (Hyd 2:40, 41). Hatda Pars patyşasy Ardaşir ýörite gulluga bellenen ysraýyllar bilen bilelikde, aýdymçylardan hem «hiç hili salgyt, gümrük ýa-da paç almazlygy» tabşyrýar (Hyd 7:24). Mundan başga-da, ol «aýdymçylara her gün gerek zatlaryny bermelidigi hakda perman çykarýar». Mukaddes Kitapda permany Ardaşiriň çykarandygy aýdylsa-da, muny Hydyr ruhany eden bolmaly, sebäbi patyşa oňa şeýle ygtyýar beripdi. Aýdymçylar lewilerden bolsa-da, Mukaddes Kitapda olar «lewiler we aýdymçylar» diýip, aýratyn topar hökmünde agzalýar (Neh 7:1; 13:10).
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýaşlar, imanyňyzy berkidiň!
17 Imanyňy berkitmek üçin Mukaddes Ýazgylardan bilim almak ýeterlikli däl. Hudaýyň Sözüni okanyňyzda, ony hazyna agtarýan adam ýaly çuňňur öwreniň (Sül. tym. 2:3—6). Öz diliňizde elýeterli bolan esbaplary, ýagny «Garawul diňi kitaphanasyny», «Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASYNY», «Garawul diňiniň indeksini» ýa-da «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyny» ulansaňyz gowy bolar. Şeýle-de bir ýylyň içinde Mukaddes Ýazgylary başdan-aýak okap çykmagy maksat ediniň. Hudaýyň Sözüni okanyňyzda, hatda ujypsyz bolup görünýän zatlar hem imanyňyzyň berkemegine ýardam eder. Bir etrap gözegçisi öz ýaşlygyna ser salyp, şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylary başdan-aýak okanymda, ony Hudaýyň Sözi hökmünde kabul etmäge kömek etdi. Ondaky wakalar maňa kiçi wagtym güýçli täsir edip, şondan soň ruhy taýdan ösüp başladym».
Maksadyňa ýetmek üçin näme etmeli?
4 Ýüregiňizde höwes dörär ýaly doga ediň. Ýehowa size mukaddes ruhuny berip maksadyňyza ýetmäge kömek eder (Filipililer 2:13-i okaň). Biz käte: «Iller şeýdýär, menem şeýtjek» diýip maksat goýýarys, ýöne maksadymyza ýetmäge höwesimiz bolmaýar. Geliň, Ugandada ýaşaýan Norina uýa hakda gürrüň edeliň. Ol Mukaddes Kitapdan okuw geçirmegi maksat goýýar, emma özüni ökde mugallym hasaplamaýandygy üçin höwesi bolmaýar. Norina näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa Mukaddes Kitap okuwyny geçirer ýaly ýüregimde höwes döret diýip, her gün doga edýärdim. Şeýle-de men mugallymçylyk tärlerini hem öwrenip başladym. Birnäçe aýdan ýüregimde höwes dörändigini duýdum we şol ýylyň özünde iki adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym».
5 Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlanyň (Zeb. 143:5). Pawlus resul Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlananda, Oňa has-da köp gulluk edesi geldi (1 Kor. 15:9, 10; 1 Tim. 1:12—14). Siz hem Ýehowanyň berýän bereketleri barada oýlansaňyz maksadyňyza ýetmäge höwesiňiz artar (Zeb. 116:12). Gondurasda ýaşaýan uýa pioner gullugyna başlamaga nämäniň kömek edendigini şeýle düşündirýär: «Ýehowa meni şu dünýäden saýlady we halkynyň arasyna goşdy. Ol meni ýürekden söýýär, aladamy edýär we goraýar. Şu zatlar hakda oýlanmak, Ýehowany janym-tenim bilen söýmäge we Oňa höwes bilen gulluk etmäge kömek edýär».
Maksat goýuň we maksadyňyza ýetiň
5 Anyk maksat goýuň. Ýehowa doga edip, haýsy häsiýeti ösdürmelidigiňiz hakda oýlanyň. Belki-de, siz dogan-uýalara duýgudaş bolmagy, goldamagy, ýürekden bagyşlamagy we agzybir ýaşamagy maksat edinersiňiz. Şeýle-de dostuňyzdan haýsy häsiýetiň üstünde işlemelidigi hakda maslahat soraň (Nak. 27:6). Soňra ösdürmek isleýän häsiýetiňizi ýazyp alyň.
6 Maksadyňyza ýetmek üçin jan ediň. Munuň bir usuly: ösdürmek isleýän häsiýetiň barada edebiýatlarymyzdan gözleg geçirmek. Aýdaly, siz geçirimli bolmak isleýärsiňiz. Munuň üçin Mukaddes Kitapda başgalary bagyşlan hem bagyşlap bilmedik adamlar hakda okaň we oýlanyň. Isa pygamber geçirimli bolmak babatda ajaýyp görelde galdyrdy (Luka 7:47, 48). Ol şägirtleriniň goýberýän ýalňyşlary hakda däl-de, olaryň gelejekde Hudaý üçin köp işleri edip biljekdigi barada oýlanýardy. Emma fariseýler özlerini has dogruçyl hasaplap, «peşeden pil ýasaýardylar», adamlary äsgermeýärdiler (Luka 18:9). Şeýle wakalary okap: «Men dogan-uýalaryň ýalňyşlyklaryna üns berýärinmi ýa-da gowy häsiýetlerine?» diýip oýlanyň. Eger size dogan-uýalary ýürekden bagyşlamak kyn bolsa, olaryň ýagşy häsiýetleri hakda oýlanyp, bir kagyza ýazyň. Soňra özüňize şeýle sorag beriň: «Isa pygamber ondan öýkeläp ýörerdimi ýa-da bagyşlardy?» Şu usul size geçirimli bolmaga kömek eder. Belki, başda göwnüňize degen dogan-uýany bagyşlamak aňsat bolmaz, emma tagalla etseňiz geçirimli bolmagy öwrenersiňiz.