HYZKYL PYGAMBERIŇ KITABY
1 Men Kebar derýasynyň ýakasynda sürgün edilen halk bilen ýaşaýardym+. 30-njy ýylda*, dördünji aýyň bäşine gök açyldy we maňa Hudaýdan bir görnüş* geldi. 2 Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň+ sürgün edileniniň bäşinji ýylynda, aýyň bäşine 3 Haldeý ýurdunda+, Kebar derýasynyň ýakasynda Buzi ruhanynyň ogly Hyzkyla* Ýehowanyň sözi geldi, oňa Ýehowanyň ruhy* indi+.
4 Şonda men demirgazykdan apy-tupanyň+ gelýändigini gördüm. Ol ýerde äpet nurly bulut we içinde lowlap duran ot*+ bardy. Oduň içinde bolsa kümüşsöw altyn ýaly ýalpyldaýan bir zat bardy+. 5 Oduň içinde ynsan keşbine meňzeş dört sany jandar bardy+. 6 Olaryň hersiniň dört ýüzi we dört ganaty bardy+. 7 Olaryň aýaklary gönüdi, göläniňki ýaly toýnaklary bardy we ýalpyldawuk mis ýaly öwşün atýardy+. 8 Olaryň dört ganatynyň her biriniň aşagynda ynsan eli bardy. Dört jandaryňam ýüzleri we ganatlary bardy. 9 Ganatlar biri-birine degip durdy. Jandarlar hiç ýere öwrülmän, diňe öňe giderdi+.
10 Olaryň dördüsiniňem ýüz keşbi şeýledi: öňünde ynsan ýüzi, sag tarapynda ýolbars+ ýüzi, çep tarapynda öküz+ ýüzi we ýeňsesinde bürgüt+ ýüzi bardy+. 11 Olaryň ýüzleri şeýledi. Ganatlary ýokary gerlendi. Iki ganaty biri-birine degip durdy, beýleki ikisi göwresini örtýärdi+.
12 Olaryň her biri göni giderdi, ruh olary nirä äkitse, şol tarapa hem giderdiler+. Barýarkalar gyra sowulmaýardylar. 13 Jandarlaryň daş keşbi ýanyp duran köz ýalydy. Lowlap ýanýan alawa meňzeýän bir zat jandarlaryň arasyndan eýläk-beýläk geçýärdi. Alawyň içinden ýyldyrym çakýardy+. 14 Jandarlar ýyldyrym kimin gidip gelýärdiler.
15 Jandarlary synlap durkam, dört ýüzli jandarlaryň hersiniň ýanynda ýere degip duran tigir gördüm+. 16 Tigirleriň hemme ýeri zeberjet* daşy ýaly ýalpyldaýardy we dördüsi hem bir-birine meňzeşdi. Olaryň gurluşy bir-biriniň içinden geçýän tigre meňzeýärdi*. 17 Olar öwrülmän ugruny çar tarapa üýtgedip bilýärdi. 18 Tigirler örän beýikdi we gorkunçdy. Dördüsiniň hem daş tarapy gözlerden doludy+. 19 Jandarlar öňe gidenlerinde, tigirlerem olar bilen bile gidýärdi, jandarlar ýerden galanda, tigirlerem galýardy+. 20 Ruh haýsy ugry görkezse, jandarlar şondan gidýärdi, ruh nirä gitse, yzyna düşýärdi. Tigirler jandarlar bilen ýokary galýardy, sebäbi olary ugrukdyrýan ruh*, tigirleri-de ugrukdyrýardy. 21 Jandarlar öňe gitse, tigirler hem öňe gidýärdi, olar dursa, tigirler hem durýardy. Jandarlary ugrukdyrýan ruhuň tigirlerde-de bolandygy üçin, jandarlar ýerden ýokary galsalar, tigirler hem olar bilen ýokary galýardy.
22 Jandarlaryň depesinde tekiz bir zat bardy. Ol buz ýaly ýalpyldaýardy, görnüşi täsindi+. 23 Tekiz zadyň aşagynda jandarlaryň ganaty ýokary gerlip* durdy, olar biri-birlerine degýärdi. Her jandaryň bedenini örtmek üçin bir tarapynda iki ganaty, beýleki tarapynda iki ganaty bardy. 24 Men olaryň ganatlarynyň sesini eşitdim. Olar şarlap akýan suwuň, Gudratygüýçlüniň sesi ýalydy+. Ýöränlerinde göýä goşun gelýän ýalydy. Duranlarynda bolsa ganatlaryny aşak goýberýärdiler.
25 Olaryň depesindäki tekiz zadyň üstünden ses eşidilýärdi (Olar duranlarynda ganatlaryny aşak goýberýärdiler). 26 Olaryň depesindäki tekiz zadyň ýokarsynda ýakut daşyna çalymdaş+ tagta meňzeýän bir zat bardy+. Tagtyň üstünde bolsa ynsana meňzeş biri otyrdy+. 27 Onuň bilinden ýokarsy kümüşsöw altyn kimin ýalpyldaýardy+, ot ýaly lowlaýardy. Onuň bilinden aşagy hem ot ýaly lowlaýardy+. Onuň daş-töwereginde 28 ýagyşly günde bulutlaryň arasynda peýda bolýan älemgoşara meňzeş şöhle bardy+. Hawa, daş-töweregindäki şöhle şeýle nur saçýardy. Ol Ýehowanyň şöhratyna meňzeýärdi+. Muny görenimde ýüzin ýykyldym. Şol wagt biriniň sesini eşitdim.
2 Ol maňa: «Ynsan ogly*, ýeriňden tur, seniň bilen gürleşjekdim»+ diýdi. 2 Ol şu sözleri aýdanda, Hudaýyň ruhy maňa inip, ýerimden turuzdy+. Men gepleýäniň sesini eşitdim.
3 Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, seni ysraýyl halkynyň, gozgalaň turzan kesir halklaryň*+ ýanyna iberýärin+. Şu güne çenli olar we olaryň ata-babalary maňa garşy günä edip gelýärler+. 4 Seni özdiýenli we doňýürek+ halkyň ýanyna iberýärin. Olara: „Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“ diý. 5 Olar seni diňlesin, diňlemesin (sebäbi olar gozgalaňçy halk)+, barybir aralarynda pygamberiň bolandygyny bilerler+.
6 Ynsan ogly, sen olardan, haýbatly sözlerinden gorkma+. Daşyňy tikenekler, ýandaklar gurşap alsa-da*+, içýanlaryň arasynda ýaşasaň-da, gorkma. Olaryň haýbatly sözlerinden+, ýüz-gözünden heder etme+, sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr. 7 Seni diňleseler-de, diňlemeseler-de, sözlerimi hökman ýetir, sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr+.
8 Ynsan ogly, aýdýanlarymy diňle. Olar ýaly gozgalaňçy bolaýma. Agzyňy aç, berjek zadymy iý»+.
9 Bir seretsem, biri maňa elini uzadyp durdy+, elinde golýazma+ bardy. 10 Ol golýazmany açanda, onuň iki tarapy hem ýazgydan doly eken+. Golýazmada agy aýdymy, dady-perýat we ahy-nala sözleri ýazylandy+.
3 Ol maňa: «Ynsan ogly, öňüňde duran golýazmany iý. Soňra git-de, ysraýyl halkyna sözümi aýt»+ diýdi.
2 Şonda men agzymy açdym, ol maňa golýazmany uzadyp: 3 «Ynsan ogly, golýazmany iý-de, garnyňy doýur» diýdi. Men iýip başladym, ol bal ýaly süýjüdi+.
4 Ol şeýle diýdi: «Ynsan ogly, Ysraýyl öýüne bar-da, meniň habarymy ýetir. 5 Seni düşnüksiz we nätanyş dilde gepleýän halkyň ýanyna däl-de, ysraýyl halkynyň ýanyna iberýärin. 6 Seni düşnüksiz, nätanyş sözleri aýdýan we düşünmeýän diliňde gepleýän halklaryň ýanyna ibermeýärin. Eger olaryň ýanyna iberen bolsam, seni diňlärdiler+. 7 Emma ysraýyl halky seni diňlemez, sebäbi olar meni diňlemek islemeýär+. Ysraýyl öýüniň ählisi boýnuýogyn we doňýürekdir+. 8 Şonuň üçin ýüzüňi edil olaryňky ýaly galňadaryn, maňlaýyňy olaryňky ýaly gaty ederin*+. 9 Maňlaýyň almaz daşy ýaly bolar, çakmakdaşyndan hem gaty bolar+. Olardan gorkma, ýüz-gözünden heder etme+, sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr».
10 Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, aýdýan sözlerimiň ählisini diňle, olary ýüregiň töründe sakla. 11 Sürgün edilen halkyň+ ýanyna bar-da, habarymy aýt. Seni diňlesin, diňlemesin+, olara: „Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“ diý».
12 Ruh meni alyp barýarka+, arkamdan: «Goý, Ýehowanyň şöhraty mekanynda wasp edilsin!» diýen gürrüldili ses eşidildi. 13 Ol ýerden jandarlaryň bir-birine degýän ganatlarynyň sesi+, olaryň ýanyndaky tigirleriň sesi+ we güýçli gürrüldi eşidilýärdi. 14 Ruh meni ýokary galdyryp, alyp gitdi. Ýehowanyň ruhy maňa güýçli täsir etdi. Gaýgy-gamdan we gahar-gazapdan ýaňa kalbymda harasat gopdy. 15 Şeýlelikde, men Telabypdaky sürgün edilen halkyň ýanyna gitdim. Olar Kebar derýasynyň ýakasynda+ ýaşaýardy. Men olaryň ýanynda galdym we ýedi günläp özüme gelip bilmän*+ gezdim.
16 Ýedi günden Ýehowa maňa şeýle diýdi:
17 «Ynsan ogly, seni Ysraýyl öýüne garawul edip belleýärin+. Agzymdan çykan her bir sözi diňläp, meniň adymdan halka duýdurmalysyň+. 18 Men erbetlik edýäne: „Sen ölersiň“ diýsem, senem gidip oňa aýtmasaň, erbet ýolundan dönüp, diri galar ýaly+ duýdurmasaň, ol erbet adam eden günäsi üçin öler+. Sen bolsa onuň ganyna galarsyň*+. 19 Eger erbet adama duýdursaň-da, ýamanlyk etmegini goýmasa, egri ýoldan ýörese, ol eden günäsi üçin öler. Sen bolsa öz janyňy halas edersiň+. 20 Eger hudaýhon adam halal ýaşamagyny bes edip, haram işe baş goşsa*, onuň başyna heläkçilik indererin*, ol hem öler+. Sen oňa duýdurmasaň, ol günäsi üçin öler, ýagşy işleri unudylar. Sen bolsa onuň ganyna galarsyň*+. 21 Eger sen hudaýhon adama günä etmez ýaly duýdursaň, ol hem günä etmegini goýsa, duýduryşyňa gulak asyp, janyny halas eder+. Senem öz başyňy gutararsyň».
22 Maňa ol ýerde Ýehowanyň ruhy inip: «Tur-da, jülgä git. Men ol ýerde seniň bilen gepleşjek» diýdi. 23 Men turdum-da, jülgä gitdim. Jülgäni Ýehowanyň şöhraty gurşap alypdy+. Men şeýle şöhraty Kebar derýasynyň boýunda hem görüpdim+. Men ýere ýüzin ýykyldym. 24 Hudaýyň ruhy üstüme inip, meni aýaga galdyrdy+. Soňra ol maňa şeýle diýdi:
«Öýüňe baryp, gapyny ýapyp otur. 25 Ynsan ogly, sen halkyň arasyna çykmazyň ýaly, olar seni ýüp bilen daňarlar. 26 Diliňi damagyňa ýapyşdyraryn, lal bolarsyň, olara käýäp bilmersiň. Sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr. 27 Diňe meniň bilen gepleşeniňde diliňi açaryn+. Sen olara: „Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“ diýersiň. Goý, diňlän diňlesin+, diňlemedik diňlemesin. Olar gozgalaňçy halkdyr+.
4 Ynsan ogly, bir kerpiç al-da, öňüňde goý. Onuň ýüzüne Iýerusalim şäheriniň suratyny çek. 2 Şäheri gabap ýat+, gabaw diwarlaryny dik+, hüjüm etmek üçin depe galdyr+, düşelge gur we daş-töwereginde diwarlary ýykýan enjamlary ýerleşdir+. 3 Onsoň demir bölegini al-da, ony şäher bilen öz araňda demir diwar kimin goý. Ýüzüň şähere tarap baksyn. Şäher gabawda bolar, sen ony gabarsyň. Ysraýyl öýi üçin alamat şeýledir+.
4 Soňra çep gapdalyňa gyşaryp ýat we Ysraýyl öýüniň günäsini üstüňe* al+. Çep gapdalyňa näçe gün gyşaryp ýatsaň, şonça-da olaryň günäsini egniň bilen çekersiň. 5 Olaryň günä eden ýyllaryna görä, men saňa 390 gün möhlet berýärin+. Sen Ysraýyl öýüniň günäsini götermelisiň. 6 Şol günler gutarýança ýatmalysyň.
Ondan soň sag tarapyňa gyşararsyň we Ýahuda öýüniň günäsini 40 günläp egniň bilen çekersiň+. Her ýyl üçin bir güni, saňa her ýyl üçin bir güni berýärin. 7 Gabawda duran Iýerusalime seret+ we ýeňiňi çermäp, oňa garşy pygamberlik et.
8 Men seni ýüp bilen daňyp goýaryn. Gabaw günleri tamamlanýança, beýleki tarapyňa öwrülip bilmersiň.
9 Bugdaý, arpa, nohut, merjimek, dary we çowdary* alyp, olary bir gaba sal. Olardan çörek bişir. Çöregi 390 günläp gyşaryp ýatanyňda iýersiň+. 10 Her gün 20 şekel* çörek çekip, belli bir wagtda iýersiň.
11 Şeýle-de küýzäniň* altydan bir bölegine barabar suwy belli bir wagtda içersiň.
12 Çöregi edil arpa çöregi ýaly bişirip iýersiň. Çöregi halkyň gözüniň alnynda adamyň guran nejasadyny ýakyp bişirersiň». 13 Ýehowa şeýle diýdi: «Men ysraýyllary halklaryň arasyna dargadaryn, olar haram çörek iýer»+.
14 Men oňa şeýle diýdim: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, menden beýle zady talap etme! Şu ýaşyma çenli haram ölen ýa-da parçalanan haýwanyň etini iýen däldirin+. Hiç bir haram eti agzyma-da alan däldirin»+.
15 Ol maňa: «Ýeri bolýar, nejasada derek sygryň tezegini ýakyp bilersiň. Çöregiňi şonda bişirersiň» diýdi. 16 Soňra ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly! Men Iýerusalim ilatyny çörekden keserin*+. Olar çöregini gaýgy-alada içinde ölçäp iýer+. Suwuny gorky içinde ölçäp içer+. 17 Olar çörege we suwa zar bolar. Aňk-taňk bolup bir-birine seredişerler, günäleri üçin heläk bolarlar.
5 Ynsan ogly, ýiti hanjary al-da, dellekçiniň päkisi edip ulan. Saçyňy we sakgalyňy syr. Soňra olary terezide ölçäp, üç bölege böl. 2 Gabaw günleri tamamlananda, onuň bir bölegini şäheriň içinde ýakarsyň+. Soňra beýleki bölegini şäheriň daş-töwereginde pyçak bilen bölek-bölek edersiň+. Üçünji bölegini bolsa ýele sowrarsyň. Men bolsa gylyjymy gynyndan çykaryp, olaryň yzlaryndan kowaryn+.
3 Üçünji bölekden biraz saç alyp, köýnegiň etegine salyp goý. 4 Ondan ýene birazajygyny al-da, otda ýakyp kül et. Ot bütin Ysraýyl öýüni ýakyp ýandyrar+.
5 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Bu Iýerusalimi aňladýandyr. Ony halklaryň arasynda, ýurtlaryň ortasynda goýdum. 6 Emma ol hökümlerime we kada-kanunlaryma garşy çykdy. Goňşy halklardan bäşbeter boldy+. Ol hökümlerimi berjaý etmedi we kada-kanunlarym boýunça ýaşamady“.
7 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen goňşy halklardan hem bäşbeter bolduň. Kada-kanunlarym boýunça ýaşaman, hökümlerimi berjaý etmän, goňşy halklaryň hökümlerini berjaý edeniň üçin+, 8 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eý şäher, men seniň duşmanyň+. Halklaryň öňünde jeza bererin+. 9 Ýigrenji däp-dessurlaryň* üçin seni şeýle bir hala salaryn, beýle zady öň eden däldirin, gelejekde-de etmerin+.
10 Atalar ogullarynyň+, ogullar hem atalarynyň etini iýer. Size jeza bererin, diri galanlaryňyzy dumly-duşa* dargadaryn“+.
11 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Nejis butlaryňyz we ýigrenji däp-dessurlaryňyz* bilen mukaddes mekanymy haram edendigiňiz üçin+, sizden ýüz öwrerin. Size nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. 12 Bir bölegiňiz mergiden we açlykdan öler. Beýleki bölegiňiz şäheriň daş-töwereginde gylyçdan geçiriler+. Üçünji bölegiňiz dumly-duşa* dargadylar. Sizi kowmak üçin gylyjymy gynyndan çykararyn+. 13 Şonda men köşeşerin, gaharym ýatyşar, kalbym aram tapar+. Olara gaharymy pürkenimden soň, meniň Ýehowadygymy, ýürekden wepaly bolmagy talap edýändigimi*+ bilerler.
14 Seni harabaçylyga öwrerin. Goňşy halklaryň, ötegçileriň öňünde masgara ederin+. 15 Men gahar-gazaba münerin, saňa agyr jeza bererin, çykaran hökümimi berjaý ederin. Şonda goňşy halklar seni ýigrener we kemsider+. Olar bolan ýagdaýdan sapak edinerler, örän gorkarlar. Muny men, Ýehowa aýdýaryn.
16 Men sizi ýok etmek üçin açlyk oklaryny ýagdyraryn. Atan oklarym sizi gyryp taşlar+. Men sizi çörekden kesip*, açlygy has-da güýçlendirerin+. 17 Üstüňize açlygy we ýyrtyjy haýwanlary ibererin+, olar sizi çagalaryňyzdan mahrum eder. Halk mergiden gyrlar, gan sil deý akar. Başyňyzdan gylyç indererin+. Muny men, Ýehowa aýdýaryn“».
6 Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi: 2 «Ynsan ogly, Ysraýyl daglaryna seret-de, olara garşy pygamberlik et. 3 Olara şeýle diý: „Ysraýyl daglary, Älemiň Hökümdary Ýehowanyň sözlerini diňläň. Älemiň Hökümdary Ýehowa daglara, depelere, çeşmelere we jülgelere şeýle diýýär: „Ine, men üstüňizden gylyç indererin we seždegähleriňizi* kül ederin. 4 Gurbanlyk ojaklaryňyz* derbi-dagyn bolar, tütetgi ojaklaryňyz* çym-pytrak bolar+. Nejis butlaryň* öňüne jesetleriňiz zyňlar+. 5 Nejis butlaryň öňüne ysraýyllaryň jesedini zyňaryn. Süňkleriňizi gurbanlyk ojaklaryňyzyň çar tarapyna pytradaryn+. 6 Ýaşaýan her bir şäheriňiz haraba öwrüler+, seždegähler ýumrulyp, ýer bilen ýegsan ediler. Gurbanlyk ojaklaryňyz döwler, bölek-bölek ediler, nejis butlaryňyz ýok bolar, tütetgi ojaklaryňyz çym-pytrak ediler we eliňiziň işi ýok ediler+. 7 Gözüňiziň alnynda jesetler çaşyp ýatar+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+.
8 Emma men käbiriňizi aman galdyraryn, ýer ýüzüniň halklarynyň arasyna dargadyp, gylyçdan halas ederin+. 9 Aman galanlar sürgün edilen ýurtlarynda meni ýatlar+. Olar biwepalyk* edenlerinde, menden ýüz öwrenlerinde we nejis butlaryna azgyn höwes bilen seredenlerinde+ hasrat çekendigime+ düşünerler. Olaryň ýüzi gyzarar, zalym we nejis işlerini ýigrenerler+. 10 Olar meniň Ýehowadygymy, bela-beter indererin diýip ýöne ýere aýtmandygymy bilerler“+.
11 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eliňiz bilen başyňyzy tutuň*, alaçsyzlykdan ýaňa aýagyňyz bilen ýer depip aglaň. Ysraýyl öýüniň eden zalym we nejis işleri üçin perýat ediň. Sebäbi olar gylyçdan, açlykdan we mergiden gyrlar+. 12 Uzak ülkedäkiler mergiden, ýakyndakylar gylyçdan öler. Bulardan gaçyp gutulanlar açlykdan öler. Olara soňky damjasyna çenli gaharymy pürkerin+. 13 Nejis butlaryny razy etmek üçin ýakymly ysly gurbanlyklary+ getiren her bir ýerinde — nejis butlarynyň arasynda, gurbanlyk ojaklarynyň töwereginde, beýik baýyrda, daglaryň depesinde, gür ýaprakly agaçlaryň we beýik agaçlaryň şahalarynyň aşagynda jesetleri serlip ýatar+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 14 Olara el götererin, ýurtlaryny çöle öwrerin. Ýaşaýan ýerleri Diblanyň ýanyndaky çölden hem beter çolaryp galar. Şonda meniň Ýehowadygymy bilerler“».
7 Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi: 2 «Ynsan ogly, Älemiň Hökümdary Ýehowa Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Besdir indi! Tutuş ýurduň soňy geldi. 3 Siziň soňuňyz geldi. Men gaharymy soňky damjasyna çenli üstüňize pürkerin. Saýlan ýollaryňyza görä höküm çykararyn we nejis işleriňiz üçin hasabat soraryn. 4 Size nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Eliňiz bilen edeniňizi egniňiz bilen çekdirerin, ýigrenji işleriňiz sebäpli ejir çekersiňiz+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“+.
5 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ine, betbagtçylyk, görlüp-eşidilmedik betbagtçylyk ýetip gelýär!+ 6 Soňuňyz gelýär, ýetip gelýär. Ol duýdansyz başyňyzdan iner*. Ine, ol gelýär! 7 Eý ýurduň ilaty, siziň nobatyňyz* geldi. Wagt boldy, ol gün ýakynlaşdy+. Hemmeler howsala düşdi, daglarda şowhunly sesler ýatdy.
8 Örän tizden başyňyza gahar odumy dökerin+, gaharymy soňky damjasyna çenli üstüňize pürkerin+. Saýlan ýollaryňyza görä höküm çykararyn we nejis işleriňiz üçin hasabat soraryn. 9 Size nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Eliňiz bilen edeniňizi egniňiz bilen çekdirerin, ýigrenji işleriňiz sebäpli ejir çekersiňiz. Şonda size jeza berýäniň Ýehowadygyny bilersiňiz+.
10 Ine, ol gün gelýär! Tiz ýetip gelýär!+ Nobat* size ýetdi. Temmi taýagy taýýar dur. Tekepbir duşman döşüne kakýar. 11 Zalym işleriniň artandygy üçin başlaryndan taýak iner+. Olaryň hiç biri aman galmaz. Baýlyklaryndan, halkyndan we şan-şöhratyndan nam-nyşan galmaz. 12 Şol wagt geler, ol gün hökman geler. Goý, satyn alýan begenmesin, satýan hem perýat etmesin. Sebäbi tutuş halk gazaba sezewar bolar*+. 13 Satyjy diri galsa-da, satan mellegini yzyna alyp bilmez, sebäbi görnüş* tutuş halka garşy aýdylandyr. Hiç kim yzyna dolanmaz, eden günäsi sebäpli hiç kim janyny halas edip bilmez.
14 Surnaý çalyndy+, hemmeler taýýar dur. Ýöne hiç kim söweşe çykmaýar, sebäbi tutuş halka garşy gaharym tutaşýar+. 15 Daşyndan gylyç+, içinden mergi we açlyk urar. Şäheriň daşyndakylaryň başyny gylyç alar, içinde oturanlary açlyk we mergi gyrar+. 16 Başyny gutaranlar daglara gaçarlar, jülgelerdäki gögerçinler kimin her biri günäsi üçin ahy-nala çeker+. 17 Elleriniň ysgyny gaçar, gorkudan ýaňa balagyna goýberer+. 18 Olar jul* geýerler+, gorkudan ýaňa sandyr-sandyr ederler. Her kes masgara bolar, her kes saçyny syrar*+.
19 Olar kümüşlerini köçelere taşlarlar, altynlaryny ýigrenerler. Ýehowanyň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez+. Doýup iýmezler, ýarym aç bolarlar. Sebäbi altyn-kümüşleri halky büdredýän daş* bolup, günä iterdi. 20 Olar owadan şaý-seplerine buýsanardylar, olardan ýigrenji şekilleri, nejis butlary ýasardylar+. Men olary şeýle bir hala salaryn welin, olar altyn-kümüşlerini ýigrener. 21 Altyn-kümüşlerini keseki halklar talar, erbetler olja edip äkider. Olar altyn-kümüşleri haram ederler.
22 Men olardan ýüz öwrerin+. Duşmanlar gizlin mekanymy* haram ederler. Talaňçylar girip, ony harama çykararlar+.
23 Gandal ýasa+, sebäbi ýurtda adalatsyz höküm çykarylyp, bigünä gan dökülýär+. Şäher zalymlykdan doly+. 24 Olaryň öýlerini elinden alar+ ýaly iň erbet halky üstüne getirerin+. Batyrlaryň buýsanjyny ýok ederin, mukaddes ýerleri haram ediler+. 25 Olar jebir-jepa içinde rahatlyk agtararlar, emma tapmazlar+. 26 Şonda heläkçilik üstüne heläkçilik, habar yzyna habar geler. Halk pygamberden görnüş sorar+, ýöne ruhanylar kanuny öwretmez, ýaşulular maslahat bermez+. 27 Patyşa ýas tutar+, baştutan alaçsyz galar. Ähli halkyň eli gorkudan ýaňa sandyrar. Saýlan ýollaryna görä almytyny bererin. Höküm edişlerine görä höküm çykararyn. Şonda meniň Ýehowadygymy bilerler“»+.
8 Altynjy ýylda*, altynjy aýyň bäşine men öýde otyrdym, ýanymda Ýahuda ýaşululary hem bardy. Şonda Älemiň Hökümdary Ýehowanyň ruhy üstüme indi. 2 Men daş keşbi oda meňzeş birini gördüm. Onuň bilinden aşagy ot ýaly ýanýardy+. Bilinden ýokarsy bolsa kümüşsöw altyn deý öwşün atýardy+. 3 Soňra ele meňzeş bir zat saçymdan tutdy. Ruh meni ýokary* göterip, Hudaýdan gelen görnüşde* meni Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyga bakýan derwezäniň agzyna+ getirdi. Ol ýerde Hudaýyň gaharyny getirýän* but durdy+. 4 Ol ýeri Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty gurşap aldy+. Onuň şöhratyny men jülgede hem görüpdim+.
5 Ol maňa: «Ynsan ogly, demirgazyga seredäý» diýdi. Men başymy galdyryp, demirgazyga seretdim. Şonda gurbanlyk ojagynyň* demirgazyk tarapynda duran derwezäniň agzynda Hudaýyň gaharyny getirýän buty gördüm. 6 Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, ysraýyl halkynyň nähili ýigrenji we elhenç işleri edýändigini görýärmiň?+ Şeýle işler sebäpli men mukaddes mekanymdan uzakda durmaga mejbur boldum+. Emma sen mundan-da beter ýigrenji zatlary görersiň».
7 Soňra ol meni howlynyň girelgesine alyp geldi. Men diwarda bir oýuk* gördüm. 8 Ol maňa: «Ynsan ogly, diwaryň oýugyny has-da giňelt» diýdi. Men oýugy giňeltdim we bir gapy gördüm. 9 Ol maňa şeýle diýdi: «Içerik gir-de, olaryň edýän zalym we ýigrenji işlerini gör». 10 Girip görsem, diwarda süýrenijileriň, ýürekbulanyjy ýyrtyjy haýwanlaryň+, Ysraýyl öýüniň nejis butlarynyň* şekilleri+ bardy. Olar tutuş diwaryň ýüzüne oýulyp çekilendi. 11 Ysraýyl öýüniň 70 ýaşulusy olaryň öňünde durdy. Şapanyň+ ogly Ýazanýa hem olaryň ýanyndady. Her biriniň elinde tütetgi ýakylýan gap bardy, onuň hoşboý ysly tüssesi ýokary galýardy+. 12 Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, Ysraýyl öýüniň ýaşulularynyň garaňkylykda, butlaryň şekilinden* doly içki otaglarynda näme edýändigini görýäňmi? Olar: „Ýehowa bizi görmeýär. Ýehowa ýurduny taşlap gitdi“ diýýärler»+.
13 Ol maňa: «Emma sen olaryň edýän ýigrenji işlerindenem beter elhenç zatlary görersiň» diýdi-de, 14 Ýehowanyň öýüniň demirgazyk derwezesiniň agzyna eltdi. Ol ýerde Tammuz taňrysy üçin dady-perýat edýän aýallary gördüm.
15 Ol maňa: «Ynsan ogly, olaryň näme edýändigini görýärmiň? Emma sen olaryň edýän ýigrenji işlerindenem has elhenç zatlary görersiň»+ diýdi. 16 Soňra ol meni Ýehowanyň ybadathanasynyň içki howlusyna+ getirdi. Ýehowanyň ybadathanasynyň girelgesinde, minara bilen gurbanlyk ojagynyň aralygynda ýeňseleri Ýehowanyň ybadathanasyna, ýüzleri gündogara bakyp duran 25-e golaý adam bardy. Olar gündogara bakyp, Güne tagzym* edýärdiler+.
17 Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, olary görýärmiň? Ýahuda öýi nejis işleri edýändigini, ýurdy zalymlykdan doldurýandygyny+, meni ynjadýandygyny az görýärmikä? Üstesine-de, olar burnuma taýak* uzadýarlar. 18 Şonuň üçin men gahar atyma atlanaryn. Olara nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Dady-perýat etseler-de, olary diňlemerin»+.
9 Onuň batly ses bilen: «Şähere jeza berjek adamlary ýygnaň! Goý, olar eline ýarag alsyn!» diýendigini eşitdim.
2 Men demirgazyga bakýan ýokarky derwezeden+ alty adamyň gelýändigini gördüm. Her biriniň elinde ýaragy bardy. Olaryň ýanynda zygyr* köýnekli, biline kätibiň syýa gaby gysdyrylan ýene bir adam bardy. Olar gelip, misden ýasalan gurbanlyk ojagynyň*+ ýanynda durdular.
3 Soňra Ysraýyl Hudaýynyň nury*+ keruplaryň depesinden göterilip, ybadathananyň bosagasyna gelip durdy+. Hudaý zygyr köýnekli, biline kätibiň syýa gaby gysdyrylan adamy çagyrdy. 4 Ýehowa oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç, şäherde edilýän ýigrenji işleri+ görüp, ahy-nala çekýän adamlaryň+ maňlaýyna bellik goý» diýdi.
5 Soňra men onuň beýlekilere şeýle diýenini eşitdim: «Onuň yzy bilen gidip, şäheriň içinden geçiň we ilatyny gyryň. Ýüregiňiz awamasyn, rehimiňiz inmesin+. 6 Garry, ýigit, gyz, çaga we aýal diýmän, hemmesini gyryň+. Ýöne maňlaýynda belligi bolanlaryň golaýyna barmaň+. Muny mukaddes mekanymdan başlaň»+. Olar ybadathanada duran ýaşululary gyryp başladylar+. 7 Hudaý olara: «Ybadathanany haram ediň, howlularyny jesetden dolduryň+. Baryň!» diýdi. Olar şäheriň ilatyny gyrmaga gitdiler.
8 Olar adamlary gyryp ýörkäler (diňe men diri galdym), ýere ýüzin ýykyldym-da, perýat edip: «Älemiň Hökümdary Ýehowa! Iýerusalime gaharlanyp, Ysraýylyň aman galanlarynyň ählisini gyryp taşlajak bolýarmyň?» diýdim+.
9 Ol maňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl we Ýahuda öýüniň günäsi juda, juda agyr+. Ýurtda gan suw deý akýar+, hilegärlik gülläp ösýär+. Olar: „Ýehowa ýurdy taşlap gitdi. Ýehowa bizi görmeýär“ diýýärler+. 10 Meniň nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekdirerin».
11 Soňra men zygyr köýnekli, biline kätibiň syýa gaby gysdyrylan adamyň dolanyp gelendigini gördüm. Ol: «Emriňizi doly ýerine ýetirdim» diýip habar berdi.
10 Men seredip durkam, keruplaryň depesindäki tekiz zadyň ýokarsynda ýakut daşyna çalymdaş tagta meňzeýän bir zat gördüm+. 2 Hudaý* zygyr* köýnekli adama+: «Aýlanýan tigirleriň+ arasyndan, keruplaryň aşagyndan geç. Keruplaryň ortasyndan bir goşawuç köz+ al-da, şäheriň üstüne sep»+ diýdi. Ol girende, men seredip durdym.
3 Ol adam girende, keruplar ybadathananyň sag gapdalynda durdy. Içki howly bulutdan doldy. 4 Ýehowanyň nury*+ keruplaryň depesinden göterilip, ybadathananyň bosagasyna gelip durdy. Ybadathana ýuwaş-ýuwaşdan bulutdan doldy+ we howluda Ýehowanyň şöhraty nur saçýardy. 5 Keruplaryň ganatlarynyň sesi daşky howluda hem eşidilýärdi. Ol ses Gudratygüýçli Hudaýyň sesine meňzeýärdi+.
6 Soňra ol zygyr köýnekli adama: «Aýlanýan tigirleriň, keruplaryň arasyndan köz al» diýip tabşyrdy. Ol girip, tigriň gapdalynda durdy. 7 Keruplaryň biri öz aralarynda+ duran köze elini uzatdy. Ol biraz köz alyp, zygyr köýnekli adamyň+ goşawujyny doldurdy. Ol hem közi alyp gitdi. 8 Keruplaryň ganatlarynyň astynda ynsanyňka meňzeş elleri bardy+.
9 Men seredip durkam, keruplaryň ýanynda dört tigriň durandygyny gördüm. Her kerubyň ýanynda bir tigir bardy. Tigirler zeberjet* daşy ýaly ýalpyldaýardy+. 10 Tigirleriň dördüsi hem meňzeşdi. Olar bir-biriniň içinden geçýän tigre meňzeýärdi. 11 Olar hereket edenlerinde, öwrülmän ugruny çar tarapa üýtgedip bilýärdi, sebäbi keruplaryň kellesi nirä baksa, tigirler öwrülmän şol tarapa gidýärdiler. 12 Keruplaryň tutuş bedeni, arkasy, elleri we ganatlary gözlerden doludy. Keruplaryň dördüsiniň gapdalyndaky tigirler hem gözlerden doludy+. 13 Şonda men biriniň: «Tigirler, öňe!» diýendigini eşitdim.
14 Olaryň* hersiniň dört ýüzi bardy. Birinjisi kerup ýüzi, ikinjisi ynsan ýüzi, üçünjisi ýolbars ýüzi, dördünjisi bolsa bürgüt ýüzüdi+.
15 Keruplar ýokary galardylar. (Olar Kebar derýasynyň ýakasynda gören+ jandarlaryma meňzeýärdi). 16 Keruplar öňe gidenlerinde, tigirlerem olar bilen bile gidýärdi. Keruplar ganatlaryny ýokary galdyryp, ýerden göterilende, tigirler ugruny üýtgetmeýärdi we olaryň ýanyndan aýrylyp gitmeýärdi+. 17 Jandarlary ugrukdyrýan ruhuň tigirlerde-de bolandygy üçin, olar dursa, tigirler hem durýardy, olar ýokary galsa, tigirler hem ýokary galýardy.
18 Ýehowanyň nury+ ybadathananyň bosagasyndan göterilip, keruplaryň depesine gelip durdy+. 19 Şonda keruplaryň ganatlaryny galdyryp, ýerden göterilendigini gördüm. Olar gidenlerinde tigirlerem ýanlaryndady. Olar Ýehowanyň öýüniň gündogar derwezesiniň agzynda saklandylar. Ysraýyl Hudaýynyň nury olaryň üstündedi+.
20 Men şol jandarlary Kebar derýasynyň ýakasynda Ysraýyl Hudaýynyň tagtynyň aşagynda-da durandygyny görüpdim+. Indi men olaryň keruplardygyna göz ýetirdim. 21 Olaryň hersiniň dört ýüzi, dört ganaty we ganatlarynyň astynda ynsanyňka meňzeş elleri bardy+. 22 Olaryň ýüz keşbi Kebar derýasynda gören ýüzlerime meňzeşdi+. Jandarlaryň her biri göni giderdi+.
11 Ruh meni ýokary galdyryp, Ýehowanyň öýüniň gündogar derwezesine getirdi+. Derwezäniň agzynda 25 adamy gördüm, olaryň arasynda halkyň han-begleri+ Azuryň ogly Ýazanýa we Binaýanyň ogly Pelatýa hem bardy. 2 Alla maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, päliýaman adamlar şäheriň ilatyna erbet maslahat berýär. 3 Olar: „Häzir özümize öý gurmagyň wagtydyr+. Şäher* gazan+, bizem içindäki et ýaly“ diýýärler.
4 Ynsan ogly, şonuň üçin pygamberlik et+, olara garşy pygamberlik et».
5 Ýehowanyň ruhy üstüme indi+. Ol maňa şeýle diýdi: «Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eý Ysraýyl öýi, aýdýanlaryňyz dogry. Men siziň oý-pikirleriňizi bilýärin. 6 Siz şäherde köpleriň ganyna galdyňyz, köçelerini jesetlerden doldurdyňyz“»+. 7 «Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Şäheriň içinde gyran adamlaryňyz etdir. Şäher bolsa gazandyr+. Emma sizi içinden çykaryp taşlarlar“».
8 «Siz gylyçdan gorkýarsyňyz+, depäňizden gylyç hem iner — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 9 — Sizi ol ýerden çykaryp, ýat halklaryň eline tabşyraryn we jeza bererin+. 10 Gylyçdan ölersiňiz+. Sizi Ysraýyl serhedinde höküm ederin+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 11 Şäher siziň üçin gazan bolmaz, sizem içindäki et bolmarsyňyz. Sizi Ysraýyl serhedinde höküm edenimde, 12 meniň Ýehowadygymy bilersiňiz. Sebäbi kanunlaryma eýermediňiz we permanlarymy berjaý etmediňiz+. Gaýtam goňşy halklaryň däp-dessurlaryny* berjaý etdiňiz»+.
13 Pygamberlik edip bolan badyma, Binaýanyň ogly Pelatýa dünýäden ötdi. Men ýere ýüzin ýykyldym-da, batly ses bilen dady-perýat edip: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, Ysraýylyň aman galanlaryny gyryp taşlajak bolýarmyň?»+ diýdim.
14 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 15 «Ynsan ogly, mülküni satyn almaga haky bolan doganlaryňa we bütin Ysraýyl öýüne Iýerusalimiň ilaty şeýle diýýär: „Ýehowadan daşda duruň. Ýurt bize miras berildi, ol biziňki“. 16 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men olary uzak ülkelere sürgün etsem-de, beýleki ýurtlara dargatsam-da+, baran ýerlerinde gysga wagtlyk olaryň mukaddes mekany bolaryn“+.
17 Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn. Dargadylan ýurtlaryňyzdan getirip, Ysraýyl topragyny bererin+. 18 Olar watanyna dolanyp, şäheri nejis butlardan, ýigrenji däp-dessurlardan arassalar+. 19 Men olary agzybir ederin*+, aň-düşünjesini täzelärin+. Olaryň gursagyndan daş ýaly ýüregini çykaryp+, olara ýumşak* ýürek bererin+. 20 Olar meniň kada-kanunlarym boýunça ýaşarlar, buýruklaryma gulak asyp, olary berjaý ederler. Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn“.
21 Emma ýüregini nejis butlara we ýigrenji däp-dessurlara* beren adamlar bolsa, eli bilen edenini egni bilen çekerler — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
22 Şonda keruplar ganatlaryny galdyrdylar, tigirlerem olaryň gapdalyndady+. Ysraýyl Hudaýynyň nury* olaryň üstündedi+. 23 Soňra Ýehowanyň nury+ şäheriň üstünden göterilip, şäheriň gündogaryndaky dagyň+ üstüne baryp durdy. 24 Hudaýyň ruhunyň görkezen görnüşinde* ruh meni göterip, Haldeý ýurdundaky sürgün edilen halkyň arasyna getirdi. Soňra görnüş gaýyp boldy. 25 Men sürgündäki adamlara Ýehowanyň görkezen zatlarynyň ählisini gürrüň berip başladym.
12 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, sen gozgalaňçy halkyň arasynda ýaşaýarsyň. Olaryň gözi bar, ýöne görmeýär. Gulagy bar, ýöne eşitmeýär+. Sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr+. 3 Ynsan ogly, sürgüne gidýän ýaly goşuňy düw. Soňra gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda sürgüne gidýän ýaly ýola düş. Olaryň gözleriniň alnynda sürgüne gidýän ýaly öýüňden çykyp, başga ýere git. Olar gozgalaňçy halk bolsa-da, belki, muňa üns berer. 4 Gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda sürgüne gitmek üçin taýýarlap goýan goş-golamyňy daşary çykaryp goý. Soňra garaňky düşende, olaryň gözleriniň alnynda sürgün edilýän adam ýaly çykyp git+.
5 Olaryň gözleriniň alnynda diwary oýup, goşlaryňy daşyna çykar+. 6 Olaryň gözleriniň alnynda goşlaryňy egniňe al-da, garaňkyda çykyp git. Aýagyň astyny* görmeziň ýaly ýüzüňi ýap. Sebäbi men seni Ysraýyl öýi üçin bir alamat edýärin»+.
7 Men aýdylyşy ýaly etdim. Gündiziň güni sürgüne gidýän ýaly goşlarymy daşary çykardym, agşam bolsa elim bilen diwary oýdum. Gije düşende olaryň gözüniň alnynda goşlarymy egnime alyp çykdym.
8 Irden Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 9 «Ynsan ogly, gozgalaňçy ysraýyl halky näme edýäniňi soramadymy? 10 Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Iýerusalimdäki baştutana+ we tutuş ysraýyl halkyna garşy höküm çykarylandyr“.
11 Olar üçin alamatdygyňy+ aýt. Seniň edýän zatlaryň ählisi olaryň başyna geler. Olar ýesir düşüp sürgün ediler+. 12 Olaryň baştutany goş-golamyny egnine alyp, garaňkyda ýola düşer. Diwary oýup, goş-golamyny daşary çykarar+. Aýagynyň astyny* görmez ýaly ýüzüni ýapar. 13 Onuň üstüne torumy taşlaryn, ol meniň toruma düşer+. Men ony Wawilona, haldeýleriň ýurduna getirerin. Ýöne ol ýurdy gözi bilen görüp bilmez. Şol ýerde dünýäden öter+. 14 Ýanyndaky adamlaryny, kömekçilerini we goşunyny çar tarapa dargadaryn+. Gylyjymy syryp, yzlaryndan kowaryn+. 15 Olary halklaryň we ýurtlaryň arasyna dargadanymda, meniň Ýehowadygymy bilerler. 16 Emma olaryň käbirini gylyçdan, açlykdan we mergiden alyp galaryn. Olar baran ýurtlarynda eden ýigrenji işleri hakda gürrüň bererler. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler».
17 Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi: 18 «Ynsan ogly, çöregiňi sandyr-sandyr edip iý, suwuňy gorkup, gaýgy-alada bilen iç+. 19 Ýurduň ilatyna şeýle diý: „Älemiň Hökümdary Ýehowa Ysraýyl ýurdunda ýaşaýan Iýerusalim halkyna şeýle aýdýar: „Olar çöregini gaýgy-alada bilen iýerler, suwuny gorkup içerler. Olaryň ýurdy halkyň zalymlygyndan ýaňa+ boşap galar+. 20 Köp ilatly şäherler haraba öwrüler, ýurt çöllüge döner+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“»+.
21 Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi: 22 «Ynsan ogly, Ysraýylda şeýle nakyl barmyş: „Günler geçip barýar, görnüşler* puja çykýar“+. 23 Şonuň üçin olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Siziň nakylyňyz puja çykar. Ysraýylda şu nakyly gaýdyp hiç kim agzamaz“. Onsoňam, olara: „Şeýle bir günler geler+, her bir görnüş amala aşar“ diý. 24 Indi Ysraýyl öýünde ýalan pygamber we ýaranjaň* palçy bolmaz+. 25 Muny men, Ýehowa aýdýaryn. Aýdan sözlerim gijä galman ýerine ýeter+. Eý gozgalaňçy halk, men aýdýanlarymy siziň günleriňizde+ amala aşyraryn. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
26 Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi: 27 «Ynsan ogly, ysraýyl halky*: „Onuň aýdýan görnüşi entek-entek ýerine ýetmez. Ol uzak gelejek hakda pygamberlik edýär“+ diýýär. 28 Şol sebäpli olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Emrim gijikmez, aýdan her bir sözüm ýerine ýeter“. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
13 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Ysraýyl pygamberlerine garşy pygamberlik et+. Pygamberlik sözlerini toslap tapýanlara+ şeýle diý: „Ýehowanyň sözüni diňläň. 3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men görnüş* bermesem-de, öz pikirine görä welilik edýän akylsyz pygamberleriň waý halyna!+ 4 Eý Ysraýyl, pygamberleriň harabalykda ýaşaýan tilkilere döndi. 5 Olar ysraýyl halky üçin diwarlaryň ýykylan ýerlerini gurmaga gitmezler+. Şol sebäpli Ýehowanyň söweş gününde+ Ysraýyl aman galmaz“. 6 „Olar ýalan görnüşleri görüp, ýalan zatlary pygamberlik edýärler. Ýehowa olary ibermese-de: „Ýehowa şeýle aýdýar“ diýip, sözleri ýerine ýeter öýdýärler+. 7 Aýdan pygamberlikleriňiz we gören görnüşleriňiz ýalan dälmi? Sebäbi men hiç zat aýtmasam-da, „Ýehowa şeýle aýdýar“ diýýärsiňiz“.
8 „Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ýalan pygamberlikleriňiz we görnüşleriňiz üçin size garşy çykaryn. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“+. 9 Ýalan görnüşleri görüp, ýalan pygamberlik edýänlere garşy elimi götererin+. Olar dostlarymyň* arasynda bolmaz, atlary ysraýyl halkynyň sanawyna ýazylmaz. Olar Ysraýyl ýurduna dolanyp gelmez. Şonda meniň Älemiň Hökümdary Ýehowadygymy bilersiňiz+. 10 Olar hiç hili parahatlyk bolmasa-da, „Parahatlyk!“ diýip, halkymy ýoldan çykarýarlar+. Olar yranyp duran diwar gurup, ýüzüne hek çalýarlar“*+.
11 Hek çalýanlara diwaryň ýykyljakdygyny aýt. Güýçli çabga bilen jöwenek* ýagar, apy-tupan diwary ýumrar+. 12 Diwar ýykylanda: „Hany siziň çalan hekiňiz?“+ diýerler.
13 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men gahar atyna atlanyp, apy-tupan turzaryn. Gazaba münüp, güýçli çabga we jöwenek ýagdyraryn. 14 Hek çalan diwaryňyzy pytradyp, ýer bilen ýegsan ederin, düýp-teýkary bilen ýok ederin. Şäher weýran bolanda, sizem onuň içinde heläk bolarsyňyz. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“.
15 „Diwara we hek çalanlaryň üstüne soňky damjasyna çenli gaharymy pürküp, şeýle diýerin: „Indi diwaram bolmaz, hek çalýanlaram bolmaz+. 16 Iýerusalim barada pygamberlik edýän we parahatlyk bolmasa-da, onuň parahatlygy hakda görnüş görýän Ysraýyl pygamberleri gyrlar“+. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
17 Ynsan ogly, pygamberlik sözlerini toslap tapýan halkyň gyzlaryna bakyp, olara garşy pygamberlik et. 18 Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Halky tora düşürýän aýallaryň waý halyna! Siz ele dakylýan alajalary* örýärsiňiz we her kimiň boýuna görä bürenjek taýýarlaýarsyňyz. Siz halkym üçin duzak gurup, öz janyňyzy gutarjak bolýaňyzmy? 19 Bir gysym arpa, bir döwüm çörek üçin il içinde maňa ysnat getirýärsiňiz+. Ýaşamaly adamy öldürýärsiňiz, ölmeli adamy diri galdyrýarsyňyz. Hawa, ýalan gepleriňizi diňleýän halkymy şeýdip aldaýarsyňyz“+.
20 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eý aýallar, halky guş kimin tutmak üçin ören alajalaryňyzy ýigrenýärin, men olary elleriňizden üzüp taşlaryn. Guş ýaly duzaga düşürenleriňizi boşadaryn. 21 Siziň bürenjekleriňizi zyňyp taşlaryn, halkymy eliňizden halas ederin. Indi olar duzagyňyza düşmez. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 22 Men dogruçyl adamyň kynçylyk çekmegini islemeýärin. Siz bolsa ýalan zatlar+ bilen onuň ýüregine ýara salýarsyňyz. Ýolundan dänmesin, uzak ýaşamasyn diýip+, erbetleri goldaýarsyňyz+. 23 Eý aýallar, siz indi ýalan görnüş görmersiňiz, pal atmarsyňyz+, men halkymy siziň eliňizden halas ederin. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“».
14 Ysraýylyň käbir ýaşululary gelip, ýanymda oturdylar+. 2 Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: 3 «Ynsan ogly, olar nejis butlarynyň* yzyna eýermekden asla el çekmeýär. Olar halka päsgelçilik döredip*, olary günä iterýär. Indi men näme üçin olara jogap bermelimişim?+ 4 Olara ýüzlenip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eger ysraýyllardan biri nejis butlarynyň yzyna eýermegi goýmasa, halka päsgelçilik döredip, olary günä iterse, soňam gelip pygambere ýüz tutsa, men, Ýehowa, oňa nejis butlarynyň sanyna görä jeza* bererin. 5 Ysraýyl halkynyň ýüregi gorkudan sandyrar. Sebäbi olaryň ählisi menden ýüz öwrüp, nejis butlarynyň yzyna eýerdiler“+.
6 Ysraýyl halkyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Yzyňyza dolanyň, nejis butlaryňyzdan ýüz öwrüň we ýigrenji işleriňizden* el çekiň+. 7 Ysraýyllardan biri ýa-da Ysraýylda ýaşaýan gelmişek menden ýüz öwürse, nejis butlarynyň yzyna eýermegi goýmasa, halka päsgelçilik döredip, günä iterse, soňam gelip pygamberime ýüz tutsa+, oňa men, Ýehowa jeza bererin. 8 Men oňa garşy çykaryn, başgalar üçin alamat ederin we düşen halyndan sapak edinerler. Ony halkymyň içinden ýok ederin+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“.
9 „Eger pygamber aldanyp jogap berse, onda aldawa salan men, Ýehowadyryn+. Men pygambere el götererin we ysraýyl halkymyň arasyndan sogrup taşlaryn. 10 Olar* eden günäsi üçin jezasyny çekerler. Pygamber hem, oňa ýüz tutan adam hem günäkär hasaplanar. 11 Belki, şondan soň ysraýyl halky ýolumdan sowulmaz, günä işlere baş goşup, özlerini haram etmez. Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn“+. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
12 Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi: 13 «Ynsan ogly, tutuş ýurt dönüklik edip, günä gazansa, halkyma el götererin we galla ammarlaryny ýer bilen ýegsan ederin*+. Onuň başyna açlyk indererin+. Tutuş ýurtdan ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn+. 14 Hatda olaryň arasynda Nuh+, Danyýar+ we Eýýup+ bolsa-da, halal ýaşandygy üçin diňe olaryň üçüsi öz janyny halas edip bilerdiler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
15 «Eger men ýurda ýyrtyjy haýwanlary ibersem, olar ýurduň halkyny tüýt-müýt etse*, ýurt çöllüge öwrülse, ýyrtyjy haýwanlar+ sebäpli hiç kim ol ýerden geçip bilmese, 16 olaryň arasynda şol üç hudaýhon adam bolsa-da, ogul-gyzlaryny halas edip bilmezdi. Men diri şaýatdyryn! Olar diňe özlerini halas ederdi we ýurt çöllüge öwrülerdi — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
17 «Eger men ýurduň üstüne gylyç inderip+: „Goý, gylyç ýurduň içinden geçsin“ diýsem, adamlary we haýwanlary gyryp taşlasam+, 18 olaryň arasynda şol üç hudaýhon adam bolsa-da, ogul-gyzlaryny halas edip bilmezdi. Men diri şaýatdyryn! Olar diňe özlerini halas ederdi — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
19 «Eger men ýurda mergi indersem+, gan döküp, gaharymy çykarsam, adamlary we haýwanlary gyryp taşlasam, 20 olaryň arasynda üç hudaýhon adam — Nuh+, Danyýar+ we Eýýup+ bolsa-da, ogul-gyzlaryny halas edip bilmezdi. Men diri şaýatdyryn! Olar halal ýaşandygy üçin diňe öz janyny halas edip bilerdi+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
21 «Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Iýerusalimden adamlary, haýwanlary ýok etmek üçin+, oňa garşy dört jezany+: gylyjy, açlygy, ýyrtyjy haýwanlary we mergini iberenimde+, şu aýdanlarym ýerine ýeter. 22 Emma käbir ogul-gyzlaryňyz aman galar we olar ýurtdan alnyp gidiler+. Olar ýanyňyza baryp, ýörän ýollary we eden etmişleri hakda gürrüň bererler. Şonda Iýerusalimiň başyna näme üçin betbagtçylyk inderendigime düşünersiňiz we janyňyz aram tapar“».
23 «Olaryň ýörän ýollary we eden etmişleri hakda eşidip, şol betbagtçylyklary olaryň başyndan sebäpsiz ýere indermändigime düşünersiňiz+. Şonda janyňyz aram tapar — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
15 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, üzüm agajynyň beýleki tokaý agaçlaryndan näme tapawudy bar? 3 Onuň agajy derde ýaraýarmy? Adamlar ondan goş-golam asmak üçin asgyç ýasaýarmy? 4 Üzümiň agajyny ýakmak üçin oda taşlaýarlar. Ot onuň iki tarapyny ýakyp, ortasyny garaldýar. Soňra ol derde ýararmy? 5 Üzümiň agajyny oda taşlamankalar hem hiç bir derde ýaramaýar. Otda ýanyp garalsa, onda nämä ýarar öýdýärsiň?»
6 «Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Tokaý agaçlarynyň içindäki üzüm agajyny odun edip berişim ýaly, Iýerusalimiň ilatyny hem şeýle ederin+. 7 Men oňa garşy çykaryn. Bir otdan gaçyp gutulsa-da, başga bir ot olary ýalmap ýuwudar. Olara garşy çykanymda, meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“»+.
8 «Olar dönüklik edendigi üçin+ ýurdy boşap galar+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
16 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Iýerusalimiň ýigrenji işlerini paş et+. 3 Iýerusalime Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Seniň aslyň, dogduk depäň Kengan ýurdudyr. Kakaň amorlardan+, ejeň hetlerdendi+. 4 Dünýä inen, eneden doglan günüň göbegiň kesilmändi, hapalaryň ýuwulmandy, teniňe duz sürtülmändi, gundaga dolanmandyň. 5 Saňa ýüregi awan bolmady, aladaňy etjek adam tapylmady. Hiç kimiň rehimi inmedi. Dünýä inen günüň seni ýigrendiler, köçä taşladylar.
6 Deňiňden geçip barýarkam, ganyňa bulaşyp, aýajygyňy gymyldadyp ýatandygyňy gördüm. Ganyňa bulaşanyňy görüp: „Uzak ýaşa!“ diýdim. Hawa, ganyňa bulaşyp ýatyrkaň: „Ömrüň uzak bolsun!“ diýdim. 7 Seni sähranyň gülleri kimin ösdürdim. Sen ulalyp, kemala geldiň we owadan şaý-sepleri dakyndyň. Göwsüň ulaldy, saçyň uzyn boldy, ýöne henizem çuw ýalaňaçdyň“.
8 Bir gün geçip barýarkam, saňa gözüm düşdi. Eýýäm ýetişen gyz bolupsyň, söýüp-söýülmeli wagtyň gelipdir. Açyk ýerleriňi ýapmak üçin üstüňe donumy atdym+; ant içip, seniň bilen äht baglaşdym. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Sen meniňki bolduň. 9 Seni suwa düşürdim, ganyňy ýuwup arassaladym, bedeniňe ýag çaldym+. 10 Egniňe keşdeli eşik geýdirdim, aýagyňa saýlama deriden* çaryk geýdirdim, saňa nepis* köýnekleri, gymmatbaha lybaslary berdim. 11 Seni şaý-sepler bilen bezedim, eliňe bilezik, boýnuňa monjuk dakdym. 12 Burnuňa halka, gulagyňa gulakhalka dakdym. Başyňa owadan täç geýdirdim. 13 Sen altyn-kümüş dakynýardyň, gymmatbaha matalary, nepis*, keşdeli köýnekleri geýýärdiň. Ak undan, baldan, ýagdan bişirilen nygmatlary iýýärdiň, gözelleriň gözeline döndüň+, şa aýaly bolmaga mynasyp görüldiň».
14 «Gözel görküň, at-owazaň dünýä ýaň saldy+; owadanlygyň hiç kemi ýokdy, sebäbi meniň şöhratym saňa nur saçýardy+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
15 «Emma sen owadanlygyňa buýsanyp+, şan-şöhratyňy göterinip bilmän, zyna edip başladyň+. Duşuňdan geçen her erkek bilen zyna edip+, gözelligiňi bagyş etdiň. 16 Sen her hili reňkli lybaslaryň bilen seždegähleri* bezäp, zyna etdiň+. Beýle zatlar bolmaly däldi, indem bolmasyn. 17 Saňa beren altyn-kümüş şaý-seplerimden erkekleriň heýkellerini ýasap, olar bilen zyna etdiň+. 18 Keşdeli köýnekleriňi alyp, olaryň üstüne atdyň. Olaryň öňünde ýagymy we ýakymly ysly tütetgimi goýduň+. 19 Men saňa ak undan, ýag bilen baldan bişirilen çöregi iýmäge berdim. Sen bolsa ony ýakymly ysly sadaka hökmünde olara bagyş etdiň+. Ine, seniň eden işiň. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
20 «Ahlaksyzlyk edýäniňi az görýän ýaly, maňa dogrup beren ogul-gyzlaryňy+ butlara gurbanlyk berdiň+. 21 Ogullarymy öldürdiň, olary otda ýakyp, butlara gurbanlyk berdiň+. 22 Ýigrenji işleri* we zyna edeniňde, bäbek wagtyň çuw ýalaňaç hem-de gana bulaşyp ýatandygyňy ýatlamadyň. 23 Şunça zalym işleri edendigiň üçin waý halyňa, waý halyňa!+ — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 24 — Her şäher meýdançasynda* butlar üçin gurbanlyk ojaklaryny* we seždegähleri gurduň. 25 Her köçäniň çatrygynda seždegähleri gurduň. Her bir geçegçä özüňi güjeňläp*, owadanlygyňy nejis zada öwürdiň+, azgyn höwesiňe bäs gelmän zyna etdiň+. 26 Mesirgän goňşularyň*, müsürliler bilen ýatdyň+. Yzyny üzmän zyna edip, meni ynjatdyň. 27 Şonuň üçin saňa el götererin, çörekden keserin+. Seni ýigrenýän piliştli gyzlaryň ygtyýaryna tabşyraryn+. Hatda olar hem haýasyz işleriňi görüp, ör-gökden geldiler+.
28 Sen şonda-da kanagatlanman, Assiriýa ogullary bilen zyna etdiň+, emma olar bilen ýatanyňdan soňam köşeşmediň. 29 Sen täjirleriň* ýurdundan tä haldeýleriň ýurduna çenli zyna etdiň+. Emma hiç doýmagy bilmediň. 30 Seniň ýüregiň şeýle bir azypdy* welin*, şunça ýigrenji işleri etdiň. Haýasyz, ahlaksyz aýaldan tapawudyň bolmady+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 31 — Her köçäniň çatrygynda butlar üçin gurbanlyk ojaklaryny gurduň. Her şäher meýdançasynda seždegähleri dikdiň. Sen başga ahlaksyz aýallar ýaly däldiň, sebäbi hak almakdan ýüz öwürýärdiň. 32 Sen äriň bilen däl-de, kesekiler bilen ýatyp turýan zynahor aýalsyň+. 33 Adatça, ahlaksyz aýallara hak tölenýär+, sen bolsa oýnaşlaryňa özüň hak töleýärsiň+. Özüň bilen zyna etmekleri üçin dünýäniň çar tarapyndan gelýänlere hak töleýärsiň+. 34 Sen beýleki ahlaksyz aýallardan düýbünden tapawutlanýarsyň. Olaryň hiç biri seniň edişiň ýaly etmeýär! Başgalar saňa däl-de, sen olara pul töleýärsiň. Sen hemme zady tersine edýärsiň!
35 Eý ahlaksyz aýal+, Ýehowanyň sözüni diňle! 36 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Seniň azgyn höwesiň güýjäp, möwç urdy. Oýnaşlaryň bilen ýatanyňda, ýigrenji we nejis butlaryň* bilen zyna edeniňde+ uýat ýerleriň göründi. Sen olara ogullaryňy gurbanlyk bererdiň+. 37 Şonuň üçin keýp eden oýnaşlaryňy, seni söýýänleri we ýigrenýänleri bir ýere ýygnaryn. Olary üstüňe getirerin, gözleriniň alnynda eşigiňi sypyraryn, olar seniň uýat ýerleriňi görerler+.
38 Ahlaksyz we ganhor aýallara berilýän jeza saňa-da berler+. Gahar-gazabym we gabanjaňlygym bilen ganyňy sil deý akdyraryn+. 39 Seni oýnaşlaryň eline bererin, butlar üçin guran gurbanlyk ojaklaryňy we seždegähleriňi ýer bilen ýegsan ederler+. Egniňdäki eşigiňi sypyryp+, şaý-sepleriňi alarlar+ we çuw ýalaňaç edip taşlarlar. 40 Olar birgiden adam bilen üstüňe geler+, seni daşlarlar+, gylyçdan geçirerler+. 41 Öýüňi oda ýakarlar+ we ençeme aýallaryň gözüniň alnynda saňa çykaran hökümimi berjaý ederler. Zynahorlygyň soňuna çykaryn+, mundan beýläk hiç kime hak tölemersiň. 42 Şonda gazabym köşeşer+, gaharym senden sowlar+, kalbym ynjalar, öýkäm ýazylar“.
43 Ýaşlyk günleriňi ýatlaman+, şu işleri edip, gaharymy getireniň üçin, eliň bilen edeniňi egniň bilen çekdirerin. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Mundan beýläk haýasyz we ýigrenji işleri* etmersiň.
44 Indi adamlar sen hakda: „Ejesini gör-de, gyzyny al“+ diýen nakyly aýdarlar. 45 Sen ärini we çagalaryny adam sanynda görmeýän aýalyň gyzysyň. Seniň uýalaryň hem ärini we çagalaryny sylamady. Ejeň hetlerden, kakaň amorlardandy»+.
46 «Samariýa gyz doganyň+, ol gyzlary* bilen demirgazyk tarapyňda* ýaşaýar+. Sodom+ gyz jigiň, ol gyzlary+ bilen günorta tarapyňda* ýaşaýar. 47 Sen diňe bir olaryň saýlan ýolundan ýöräp, ýigrenji işlerini etmän, eýsem gysga wagtyň içinde olardan bäşbeter bolduň+. 48 Men diri şaýatdyryn! — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Seniň we gyzlaryň edenlerini gyz jigiň Sodom bilen onuň gyzlary hem etmändi. 49 Ine, gyz jigiň Sodomyň günäsi: onuň özi hem, gyzlary hem+ tekepbirdi+, bolelinlikde ýaşaýardy+, gaýgy-aladasy ýokdy+. Emma olar ejize-de, garyp-gasara-da kömek etmediler+. 50 Olar ulumsylyk+ bilen meniň gözümiň alnynda ýigrenji işleri* etdiler+. Şonuň üçin olary ýok etmegi makul bildim+.
51 Samariýa+ seniň günäleriň ýarysyny hem etmedi. Ýigrenji işleriň sany olaryňkydan hem artdy. Ýigrenji işleriňden ýaňa uýalaryň ýanyňda päk göründi+. 52 Aýal doganlaryňy aklanyň üçin masgara bolarsyň. Olardan bäşbeter ýigrenji işleri edip, günä gazananyň üçin, olar senden päk görünýär. Aýal doganlaryň senden päk görünýär, şonuň üçin utançdan ýüzüň gyzarar, ile gülki bolarsyň.
53 Sodomyň we gyzlarynyň ýesir düşenlerini, Samariýanyň we gyzlarynyň ýesir düşenlerini bir ýere jemlärin. Olar bilen birlikde seniň ýesirleriňi hem jemlärin+. 54 Sen masgara we ile gülki bolarsyň, sebäbi olar eden işleriňi görüp, teselli tapdylar. 55 Uýalaryň Sodom öz gyzlary bilen, Samariýa hem öz gyzlary bilen öňki ýagdaýyna dolanar. Senem gyzlaryň bilen öňki ýagdaýyňa dolanarsyň+. 56 Mes ýaşaýarkaň, gyz jigiň Sodomyň adyny-da diliňe almaýardyň. 57 Indi bolsa seniň erbetligiň mese-mälim boldy+. Siriýa gyzlary goňşulary bilen üstüňe geler; daş-töweregiňdäki piliştli+ gyzlar seni kemsider. 58 Haýasyz hereketleriň we ýigrenji işleriň nämä eltýändigini görersiň. — Muny Ýehowa aýdýar».
59 «Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eden etmişiňe görä jeza bererin+, sebäbi sen ähtimizi bozduň, wadaňda durmadyň+. 60 Emma ýaşlyk döwrüňde seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlaryn. Seniň bilen ebedilik äht baglaşaryn+. 61 Eden işleriňi ýadyňa salarsyň, gyz doganyňy we jigiňi garşylanyňda, utançdan başyňy galdyryp bilmersiň+. Olary saňa gyzlyk bererin, emma muny äht baglaşandygym üçin etmerin“.
62 Seniň bilen äht baglaşaryn, şonda meniň Ýehowadygymy bilersiň. 63 Eden işleriňi ýatlarsyň, ýigrenji işleri edenem bolsaň, günäleriňi bagyşlaryn+. Şonda utançdan we masgaraçylykdan ýaňa geplemäge diliň barmaz+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
17 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, ysraýyl halky barada matal ber, mysal aýt+. 3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Uly ganatly, uzyn ýelekli, gür we dürli reňkli äpet bürgüt+ Liwana+ uçup geldi hem-de kedr agajynyň başyny ýolup aldy+. 4 Ol agajyň iň ýokarky şahasyny ýolup, täjirleriň* ýurduna alyp gitdi. Ony täjirleriň şäherinde ekdi+. 5 Soňra ol ýurduň* tohumyndan alyp+, söwüt agajy deý bolsun diýip, mes topraga we çeşmäniň ýakasyna ekdi. 6 Ol gögerip, pessejik boýly we çyrmaşyp ösýän üzüm agajy boldy+. Agajyň şahalary kän ýaýramady, kökleri aşagynda ösdi. Şeýdip, ol üzüm agajy bolup ýetişdi. Ol pyntyklap, şaha çykardy+.
7 Uly ganatly we uzyn ýelekli+ başga bir äpet bürgüt uçup geldi+. Ýaňky üzüm agajy oturdylan ýerinden köklerini, teşne şahalaryny höwes bilen bürgüde tarap uzatdy+. 8 Onuň şahalary berkesin, miwe bersin, beýik üzüm agajy bolsun diýip, çeşmäniň ýakasynda, mes toprakda oturdylsa-da, şeýle etdi“+.
9 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ol pajarlap ösermi? Biri gelip, köki bilen sogurmazmy?+ Şonda onuň miweleri çüýremezmi, şahalary guramazmy?+ Ol şeýle bir gurar welin, köki bilen sogurmak üçin güýçli gollar we birgiden adam gerek bolmaz. 10 Ol başga ýerde ekiläýse-de, ösüp bilermi? Gündogar ýeli öwüsse, bütinleý guramazmy? Ol ekilen ýerinde gurap galar“».
11 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 12 «Gozgalaňçy halka şeýle diý: „Siz aýdanlarymyň manysyna düşünmediňizmi? Wawilon patyşasy Iýerusalime gelip, onuň patyşasyny, han-beglerini tutup, ýany bilen Wawilona alyp gitdi+. 13 Şeýle-de ol patyşanyň neslinden bir adama+ ant içirip, onuň bilen äht baglaşdy+. Ol ýany bilen ýurduň abraýly adamlaryny hem alyp gitdi+. 14 Ol muny patyşalyk gowşak bolsun, aýaga galyp bilmesin we ähtini bozan güni, onuň soňy gelsin diýip etdi+. 15 Emma patyşa oňa garşy baş göterdi+. Ol Müsüre çapar ýollap, ençeme at+ we esger+ sorady. Onuň işi ugruna bolarmyka? Şeýle işleri eden adam jezadan gutularmyka? Ähti bozan aman galyp bilermikä?“+
16 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Ol* özüni patyşa edip goýan hökümdarynyň* ýaşaýan ýerinde, Wawilonda öler. Sebäbi ol ant içip baglaşan ähtini bozdy+. 17 Wawilonyň esgerleri halky gyrmak üçin şäheriň daşyna depe we diwar aýlarlar. Şonda faraonyň ägirt goşunynyň we sansyz-sajaksyz esgerleriniň söweşde kömegi degmez+. 18 Ol ant içip baglaşan ähtini bozdy. Söz* berenem bolsa, şol işleri etdi. Ol gaçyp gutulmaz“.
19 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Maňa beren wadasynda durman, ähtimi bozandygy üçin edenini egni bilen çekdirerin+. 20 Men oňa torumy taşlaryn. Ol meniň toruma düşer+. Maňa dönüklik edendigi üçin, Wawilona getirip, höküm çykararyn+. 21 Onuň ähli gaçgak esgerleri gylyçdan geçiriler. Aman galanlary bolsa çar tarapa dargadylar+. Şonda muny meniň, Ýehowanyň aýdandygyny bilersiňiz“+.
22 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Beýik kedr agajynyň başyndan bir şaha+ alyp oturdaryn. Agajyň şahalarynyň arasyndan bir ýaş şahany+ alyp, belent dagyň+ depesinde oturdaryn. 23 Ony Ysraýylyň beýik dagynda ekerin. Onuň şahalary ösüp, miwe berer we beýik kedr agajy bolup ýetişer. Agaçda her dürli guşlar höwürtgelär we saýasynda ýaşar. 24 Şonda ähli agaçlar beýik agajy peseldip, pessejik agajy beýgeldýäniň+, gülläp oturan agajy guradyp, guran agajy ösdürýäniň men, Ýehowadygymy+ bilerler. Muny aýdýan men, Ýehowadyryn. Aýdan sözümi hökman ýerine-de ýetirerin“».
18 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ysraýyl ýurdunda: „Atalary turşy üzüm iýdiler, ogullarynyň dişi gamaşdy*“+ diýen nakyl bar. Munuň manysy näme?
3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Ysraýylda şol nakyl gaýdyp agzalmaz. 4 Ine, ähli adamlaryň jany* meniňki, atasynyň jany hem, oglunyň jany hem meniňki. Günä eden adam* öler.
5 Aýdaly, bir dogruçyl adam bar. Ol adalatly bolup, halal ýaşaýar. 6 Ol daglaryň depesinde butlara* berilýän gurbanlyklardan iýmeýär+. Ysraýyl öýüniň nejis butlaryna doga-dileg etmeýär. Goňşusynyň aýaly bilen ýatmaýar+, aýbaşysy gelýän aýala ýanaşmaýar*+. 7 Ol hiç kime zulum etmeýär+, gaýtam girewine alan zadyny gaýtaryp berýär+. Hiç kimi talamaýar+, gaýtam aç adama nan+, ýalaňaja don berýär+. 8 Öz peýdasyny gözläp, göterimine karz bermeýär+, adalatsyzlyk etmeýär+, adamlaryň dawasyny adalatly çözýär+. 9 Ol kada-kanunlarym boýunça ýaşap, hökümlerimi berjaý edip, wepaly bolýar. Şeýle adam dogruçyldyr. Ol uzak ömür sürer+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
10 Aýdaly, onuň ogly talaňçy+ ýa-da ganhor+ bolup, erbet işleri edýär. 11 Atasy erbet işleri etmese-de, ogly daglaryň depesinde butlara berilýän gurbanlyklardan iýýär. Goňşusynyň aýaly bilen ýatýar. 12 Mätäje we garyba zulum edýär+, adamlary talaýar, girewine alan zadyny yzyna bermeýär. Nejis butlara doga-dileg edýär+, ýigrenji işlere baş goşýar+. 13 Ol öz peýdasyny gözläp, göterimine karz berýär+. Şeýle ogul janyndan mahrum bolar. Ol ýigrenji işleri edendigi üçin öler, öz ganyna özi galar.
14 Aýdaly, bir adam kakasynyň edýän günälerini görýär, ýöne özi beýle işleri etmeýär. 15 Ol daglaryň depesinde butlara berilýän gurbanlyklardan iýmeýär. Ysraýyl öýüniň nejis butlaryna doga-dileg etmeýär. Goňşusynyň aýaly bilen ýatmaýar. 16 Ol hiç kime zulum etmeýär, gaýtam girewine alan zadyny gaýtaryp berýär. Ol hiç kimi talamaýar, gaýtam aç adama nan, ýalaňaja don berýär. 17 Ol garyba azar bermeýär, öz peýdasyny gözläp, göterimine karz bermeýär. Ol kada-kanunlarymy, hökümlerimi berjaý edýär. Şeýle adam atasynyň günäsi üçin ölmez. Ol uzak ömür sürer. 18 Emma kakasy hilegärlige ýüz urdy, doganyny talady we halkyň arasynda haram işleri etdi. Kakasy öz günäsi üçin öler.
19 Emma siz: „Atasynyň günäsi sebäpli näme üçin ogly jeza çekmeýär?“ diýersiňiz. Sebäbi ogly adalatly bolup, halal ýaşaýar. Kada-kanunlaryma eýerip, elmydama olary berjaý edýär. Şonuň üçin ol uzak ömür sürer+. 20 Günä eden adam* öler+. Ogul atasynyň günäsi üçin, atasy hem oglunyň günäsi üçin jeza çekmez. Halal ýaşandygy üçin hudaýhon adamyň diňe özüne sylag berler. Haram işleri edendigi üçin erbediň hem diňe özüne höküm çykarylar+.
21 Emma erbet adam günälerine toba etse, kada-kanunlaryma eýerip, adalatly bolsa we halal ýaşasa, ol uzak ömür sürer. Janyndan mahrum bolmaz+. 22 Eden günäleriniň hiç biri üçin jeza berilmez*+. Ol dogry işleri edýändigi üçin uzak ömür sürer“+.
23 Heý-de, men erbet adamyň ölmegini isleýärinmi?+ — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Eýsem, erbet işlerini taşlap, uzak ýaşamagyny islemeýärinmi?+
24 Eger hudaýhon adam halal ýaşamagyny bes edip, haram işe baş goşsa*, erbetleriň edýän ýigrenji işlerini etse, ol ýaşarmy? Onuň eden ýagşy işleriniň hiç biri ýatlanmaz+. Ol biwepa bolup, günä edendigi üçin öler+.
25 Emma siz: „Ýehowa adalatsyzlyk edýär!“+ diýersiňiz. Eý ysraýyl halky, gulak goýuň! Men näme adalatsyzlyk edýärinmi?+ Eýsem adalatsyzlyk edýän siz dälmi?+
26 Eger hudaýhon adam halal ýaşamagyny bes edip, haram işe baş goşup ölse, muňa özi günäkär.
27 Erbet adam ýolundan dänip, adalatly bolsa we halal ýaşap başlasa, janyny halas eder+. 28 Ol eden işleriniň erbetdigine düşünse we günälerine toba etse, uzak ömür sürer. Janyndan mahrum bolmaz.
29 Emma ysraýyl halky: „Ýehowa adalatsyzlyk edýär!“ diýer. Eý ysraýyl halky, men näme adalatsyzlyk edýärinmi?+ Eýsem adalatsyzlyk edýän siz dälmi?
30 Eý ysraýyl halky, şonuň üçin her biriňizi eden işleriňize görä höküm ederin+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Toba ediň, ähli günäli işleriňizden el çekiň. Ýogsam olar size badak atar*, başyňyzdan jeza iner. 31 Ähli günäleriňizden tämizleniň+. Ýüregiňizi arassalaň, aň-düşünjäňizi täzeläň*+. Size janyňyzdan mahrum bolmak nämä gerek+, eý ysraýyl halky?
32 Men hiç bir adamyň ölmegini islemeýärin+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Toba edip, uzak ýaşaň»+.
19 Ysraýyl baştutanlary hakda agy* aýt. 2 Olara aýt:
«Ejeňizi kime deňäýin?
Ol şirleriň arasyndaky ene ýolbars kimindi.
Güýçli arslanlaryň arasynda ýatardy,
Balalaryny ösdürip, kemala getirerdi.
3 Çagalarynyň birini kemala getirdi,
Ol güýçli arslan bolup ýetişdi+.
Awuny tüýt-müýt etmegi öwrendi,
Hatda adamlary parçalady.
4 Halklar muny eşitdiler,
Çukur gazyp duzaga düşürdiler.
Burnuna çeňňek ildirip,
Müsür ýurduna alyp gitdiler+.
5 Ene balasyna garaşdy, aý aýlanyp, günler geçdi,
Gelmejegine gözi ýetdi.
Soňra başga balasyny alyp, güýçli arslan edip ýetişdirdi.
6 Ol hem şirleriň arasynda ýaşady, güýçli şir bolup ýetişdi.
Awuny tüýt-müýt etmegi öwrendi, adamlary parçalady+.
7 Olaryň berk diňleriniň arasynda aýlandy,
Şäherlerini weýran etdi.
Boşap galan ülkede arryldysy eşidilýärdi+.
8 Şonda daş-töwerekdäki halklar oňa duzak gurdy,
Arslan olaryň gazan çukuryna düşdi.
9 Burnuna çeňňek ildirip, gözenege saldylar.
Wawilon patyşasynyň ýanyna getirdiler.
Ysraýyl daglarynda sesi eşidilmez ýaly, gabap goýdular.
10 Ejeň akar suwuň boýundaky üzüm* bagy+ kimindi,
Bol suwdan ganyp, hasyl getirdi,
Şahalarynyň san-sajagy ýokdy.
11 Onuň berk şahalaryndan şa hasasy ýasaldy.
Ol ösüp, başga agaçlardan has beýik boldy.
Beýikliginden, gür ýapragyndan ýaňa uzaklardan görnerdi.
12 Emma ony gazap bilen sogrup taşladylar+.
Gündogar ýeli miwelerini guratdy.
Berk şahalary çapyldy, ol gurady+, ot ýakyp ýandyrdy+.
13 Indi ony çölde,
Suwsuz, gurak ýerde oturtdylar+.
14 Ot şahalaryny ýakdy, soňra çybyklaryny,
Miwelerini ýalmap ýuwutdy.
Şa hasasyny ýasamak üçin,
Ýekeje-de mäkäm şahasy galmady+.
„Ine, şu agy* dillerden düşmez“».
20 Ýedinji ýylda*, bäşinji aýyň onuna ysraýyl ýaşulularynyň käbiri Ýehowadan maslahat soramak üçin ýanyma gelip, öňümde oturdylar. 2 Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: 3 «Ynsan ogly, ysraýyl ýaşulularyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Menden maslahat soramaga geldiňizmi? Men diri şaýatdyryn! Size jogap bermerin+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“.
4 Olara çykarylan hökümi yglan etmäge taýýarmyň? Ynsan ogly, hökümi yglan etmäge taýýarmyň? Olara ata-babalarynyň eden ýigrenji işlerini aýdyp ber+. 5 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ysraýyly saýlan günüm+, Ýakubyň ogullaryna ant içdim*, Müsürde özümi tanatdym+. Hawa, ant içip: „Siziň Hudaýyňyz men, Ýehowadyryn“ diýdim. 6 Şol gün olary Müsürden azat edip, saýlap-seçen ýerime, süýt bilen bal akýan ýurda getirjekdigimi wada berdim+. Ol ýer ýüzüniň iň owadan ýurdudy*. 7 Olara: „Goý, her kes sežde edýän nejis butlaryny* ýok etsin. Müsüriň nejis butlary bilen özüni haram etmesin+. Siziň Hudaýyňyz men, Ýehowadyryn“+ diýdim.
8 Emma olar gozgalaň turzup, maňa gulak asmak islemediler. Olar nejis butlaryny ýok etmediler. Müsüriň nejis butlaryndan ýüz döndermediler+. Şonuň üçin Müsür ýurdunda olaryň üstüne gaharymy dökjekdigimi we gazabymy soňky damjasyna çenli pürkjekdigimi ant içdim. 9 Emma men adymyň hatyrasyna niýetimden el çekdim. Muny başga halklaryň arasynda adyma dil ýetirilmesin diýip etdim+. Halkyma özümi tanatmak üçin milletleriň gözüniň alnynda olary Müsürden çykardym+. 10 Olary Müsürden çykaryp, çöle getirdim+.
11 Soňra olara kada-kanunlarymy we permanlarymy öwretdim+. Olary berjaý eden adam uzak ömür sürerdi+. 12 Şeýle-de olar bilen aramda alamat bolar ýaly+ Sabat gününi berdim+. Muny olary mukaddes edýäniň men, Ýehowadygymy bilmekleri üçin etdim.
13 Emma ysraýyl halky çölde gozgalaň turuzdy+. Olar kada-kanunlarymy berjaý etmedi, permanlarymdan ýüz öwürdi. Aslynda, olary berjaý eden adam uzak ömür sürerdi. Olar Sabat güni baradaky kanunymy bozdular*. Şonuň üçin çölde gazabymy olaryň üstüne döküp, ýok etjekdigimi söz beripdim+. 14 Ýöne adymyň hatyrasy üçin niýetimden el çekdim, sebäbi beýleki halklaryň öňünde adyma dil ýetirilmegini islemedim+. 15 Çölde olara: „Wada eden ýurduma — süýt bilen bal akýan ýurda+, ýer ýüzüniň iň owadan ýurduna — girmersiňiz!“ diýip söz berdim+. 16 Sebäbi olar permanlarymdan ýüz öwürdiler, kada-kanunlarym boýunça ýaşamadylar, Sabat güni baradaky kanunymy bozdular, nejis butlaryna ýüregini berdiler+.
17 Ýöne olara nebsim agyrdy. Olary ýok etmedim, çölde gyryp taşlamadym. 18 Çölde+ olaryň ogullaryna şeýle diýdim: „Ata-babalaryňyzyň düzgünlere eýermäň+, olaryň däp-dessurlaryny ýerine ýetirmäň we nejis butlary bilen özüňizi haram etmäň. 19 Siziň Hudaýyňyz men, Ýehowadyryn! Kada-kanunlarymy berjaý ediň, permanlaryma gulak asyň we olary ýerine ýetiriň+. 20 Sabat günümi mukaddes hasaplaň+. Ol siziň bilen baglaşan ähtimiň alamaty bolar we meniň Hudaýyňyz Ýehowadygymy ýatladar“+.
21 Emma ogullary gozgalaň turuzdylar+. Olar kada-kanunlarymy berjaý etmediler, permanlaryma gulak asmadylar, olary ýerine ýetirmediler. Aslynda, olary berjaý eden adam uzak ömür sürerdi. Olar Sabat güni baradaky kanunymy bozdular. Şonuň üçin çölde olaryň üstüne gaharymy dökjekdigimi we gazabymy soňky damjasyna çenli pürkjekdigimi ant içdim+. 22 Emma men adymyň hatyrasy üçin+ niýetimden el çekdim+, sebäbi başga halklaryň öňünde adyma ysnat gelmegini islemedim. 23 Çölde olary halklaryň arasyna dargatjakdygymy we milletleriň arasyna pytratjakdygymy ant içdim+. 24 Sebäbi olar permanymy ýerine ýetirmediler, kada-kanunlarymdan ýüz öwürdiler+, Sabat güni baradaky kanunymy bozdular, ata-babalarynyň nejis butlarynyň yzyna eýerdiler+. 25 Şeýle-de olara biderek düzgünlere eýermäge, janlaryny halas edip bilmeýän permanlary ýerine ýetirmäge ýol berdim+. 26 Olara nowbaharlaryny otda ýakyp gurbanlyk bermäge, özlerini haram etmäge ýol berdim+. Şeýdip, halkyň başyna heläkçilik indi. Muny meniň Ýehowadygymy bilmekleri üçin etdim“.
27 Ynsan ogly, ysraýyl halkyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ata-babalaryňyz hem şeýle işleri edip, maňa dönüklik etdiler we adyma ysnat getirdiler. 28 Olary wada eden ýurduma getirdim+. Olar beýik depeleri we gür ýaprakly baglary+ görüp, gurbanlyklary getirdiler, meni kemsidýän sadakalary berdiler. Olar ýakymly ysly gurbanlyklary we şerap sadakalary getirdiler. 29 Halkymdan: „Siz şol depä näme üçin barýarsyňyz?“ diýip soradym. (Ol ýere häzirem „Depe“ diýilýär)“+.
30 Ysraýyl halkyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Sizem ata-babalaryňyz ýaly, nejis butlara eýerip, olara sežde edip*, özüňizi haram edýärsiňiz+. 31 Siz henizem ogullaryňyzy otda ýakyp, nejis butlaryňyza gurbanlyk getirip, özüňizi haram edýärsiňiz+. Eý ysraýyl halky, indi men size maslahat bererinmi?+
Men diri şaýatdyryn! — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Size asla jogap bermerin+. 32 Siz: „Geliň, başga halklar we milletler ýaly agaja, daşa sežde* edeliň!“ diýýärsiňiz+. Emma arzuwyňyz hiç haçan amala aşmaz“».
33 «Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Güýç-kuwwatly golum we gahar-gazabym bilen üstüňizden patyşalyk ederin+. 34 Güýç-kuwwatly golum, gahar-gazabym bilen sizi dargan ýurtlaryňyzdan ýygnaryn we pytran halklaryňyzdan gaýtaryp getirerin+. 35 Sizi halklaryň çölüne getirerin we siziň bilen ýüzbe-ýüz durup çözlüşerin+.
36 Müsürdäki çölde ata-babalaryňyz bilen nähili çözlüşen bolsam, siziň bilen hem şeýle ederin. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 37 — Sizi çopan taýagynyň aşagyndan geçirerin+, ähtimi berjaý etmäge mejbur ederin. 38 Emma gozgalaňçylary, kanunymy bozýanlary araňyzdan ýok ederin+. Olary gelmişek bolup ýaşan ýurdundan alyp gaýdaryn. Ýöne olar Ysraýyl ýurduna gadam basmazlar+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“.
39 Eý ysraýyl halky, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Baryň, nejis butlaryňyza sežde ediň!+ Ýöne bilip goýuň, gulak asmasaňyz, sizi terk ederin. Şonda gurbanlyklaryňyz we nejis butlaryňyz bilen mundan beýläk mukaddes adyma ysnat getirip bilmersiňiz“+.
40 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Bütin ysraýyl halky mukaddes dagymda, Ysraýylyň beýik dagynda+ maňa sežde eder+. Sizden razy bolaryn, sadakalaryňyzy, ilkinji hasylyňyzy we mukaddes sowgatlaryňyzy kabul ederin*+. 41 Halklaryň arasyndan ýygnanymda we dargadan ýurtlarymdan getirenimde+, ýakymly ysly gurbanlyklary berersiňiz. Şonda sizden razy bolaryn. Size eden ýagşylyklarymy görüp, halklar mukaddesdigimi bilerler“+.
42 Sizi ata-babalaryňyza wada beren ýurduma, Ysraýyl ýurduna getirerin+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 43 Ol ýerde eden erbet işleriňizi, özüňizi haram edendigiňizi ýatlarsyňyz+. Erbet işleriňiz üçin özüňizi ýigrenersiňiz+. 44 Eý ysraýyl halky, size erbet işleriňiz ýa-da azgyn ýollaryňyz üçin jeza bermän, adymyň hatyrasyna pikirimden el çekerin+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
45 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 46 «Ynsan ogly, günorta bak-da, yglan et. Günortanyň tokaý ýurtlaryna pygamberlik et. 47 Günortanyň tokaý ýurtlaryna şeýle diý: „Ýehowanyň sözüni diňläň! Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Üstüňize lowlap duran ot iberýärin+. Ol her bir al-ýaşyl öwüsýän we guran agajy ýakyp kül eder. Ýanyp duran alaw öçmez+. Günortadan demirgazyga çenli hemmeleriň ýüzüni ýakar. 48 Şonda ähli adamlar ody meniň, Ýehowanyň ýakandygyma düşünerler. Ýanyp duran alaw asla öçmez“»+.
49 Men şeýle diýdim: «Eý Älemiň Hökümdary Ýehowa, adamlar maňa: „Aý, ol boş gürrüň edýär*“ diýýär».
21 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Iýerusalime bakyp, mukaddes ýerlere garşy hökümi yglan et. Ysraýyla garşy pygamberlik et. 3 Ysraýyl ýurduna Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men saňa garşy çykaryn. Gylyjymy gynyndan çykaryp+, ýagşylary-da, erbetleri-de ýok ederin. 4 Araňyzdaky ýagşy hem erbet adamyň janyny alaryn. Günortadan demirgazyga çenli ähli adamlary gyrmak üçin gylyjymy gynyndan çykararyn. 5 Tutuş halk meniň, Ýehowanyň gylyjymy gynyndan çykarandygymy biler. Indi gylyç gynyna girmez“+.
6 Ynsan ogly, gorky içinde ahy-nala çek. Olaryň gözüniň alnynda dady-perýat et+. 7 Olar senden: „Näme üçin ahy-nala çekýärsiň?“ diýip sorasa, sen: „Ajy habar eşitdim“ diýersiň. Ol hökman ýerine ýeter. Gorkudan ýaňa her kesiň ýüregi ýarylara geler, gollarynyň ysgyny gaçar, her bir adam gaýgy-gama batar, balagyna goýberer+. Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Heläkçilik hökman geler, başyňyzdan iner“».
8 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 9 «Ynsan ogly, pygamberlik et. Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Gylyç! Gylyjy+ ýiteltdiler, çarhladylar. 10 Ol köp adamlary gyrar ýaly ýiteldildi, ýyldyrym kimin ýylpyldar ýaly çarhlandy“».
Şonda halk: «Biz begenmeli dälmi näme?!» diýdi.
Emma Hudaý şeýle diýdi: «Ol* ähli agaçlary çapyşy deý, oglumyň şa hasasyny hem çapar+.
11 Gylyç çarhlanmaga, adamlary öldürmäge berildi. Gylyjy jelladyň eline bermek üçin+ ýiteltdiler, çarhladylar.
12 Ynsan ogly, dady-perýat et, zar-zar agla+. Sebäbi gylyç halkymyň başyndan iner. Ysraýylyň ähli baştutanlaryny gyrar+. Olar halkym bilen bile gylyjyň pidasy bolarlar. Şonuň üçin ahy-nala çekip, dyzyňa ur. 13 Synag tamamlandy+. Gylyç şa hasasyny çapsa näme bolar? Ondan nam-nyşan galmaz+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
14 Sen bolsa, ynsan ogly, pygamberlik et we eliňi çarpyp*, üç gezek: „Gylyç!“ diýip gygyr. Gylyç adamlaryň başyny alar, uly gyrgynçylyk bolar, gylyç olary gabar+. 15 Gorkudan ýaňa her kesiň ýüregi ýarylara geler+ we şäher derwezesinde öldürilenler köp bolar. Men gylyç bilen gyraryn. Hawa, adamlary gyrmak üçin gylyç ýyldyrym deý ýylpyldaýar, onuň ujy çarhlanýar. 16 Eý kesgir gylyç! Sagyňdakyny çap, soluňdakyny ur! Ugruň nirä bolsa, şol tarapa eň! 17 Men ýeňimi çermäp*, olary höküm ederin. Şonda meniň gaharym köşeşer+. Muny men, Ýehowa aýdýaryn».
18 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 19 «Ynsan ogly, Wawilon patyşasy eli gylyçly geler ýaly iki ýol çyz. Ikisi hem bir ýurtdan çykyp gaýtsyn. Soňra ýol iki şähere tarap bölünsin, bölünýän ýerinde ýol belgisini goý. 20 Gylyç üçin ýollaryň birini „ammonlaryň Rapa+ galasy“ diýip belle. Beýlekisini „Ýahudanyň Iýerusalim+ şäheri“ diýip belle. 21 Wawilon patyşasy ýoluň çatrygynda, ikä bölünýän ýerinde durup, pal atar. Ol oklary silkelär, butlaryndan* maslahat sorar, malyň bagryna seredip, pal atar. 22 Sag elindäki pal atýan zady Iýerusalimi görkezer. Ol şäheriň diwaryny ýykýan enjamlary dikmegi, ölüm permanyny çykarmagy, söweş surnaýyny çalmagy, derwezeleri ýykýan enjamlary gurmagy, gabaw depesini dikmegi we gabaw diwaryny gurmagy aňladýar+. 23 Olara* ant içenler* muny ýalan pygamberlik hasaplar+. Emma Wawilon patyşasy halkyň günäsini ýatlar we olary ýesir alar+.
24 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen günäli hem erbet işleri edip, ýazyklaryňy mese-mälim etdiň. Şeýdip, öz aýybyňy özüň açdyň. Günäleriň äşgär boldy, indi duşmanlaryň seni zor bilen alyp gider“.
25 Ysraýylyň agyr ýaralanan erbet baştutany+, seniň hasabat bermeli sagadyň geldi. 26 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Selläňi aýyr, başyňdan täjiňi çykar+. Indi öňküsi ýaly bolmaz+. Pesler beýgeldiler+, beýikler peseldiler+. 27 Men heläkçilik, heläkçilik we heläkçilik indererin. Täç hak eýesi gelýänçä+ hiç kime berilmez. Men täji eýesine bererin“+.
28 Ynsan ogly, pygamberlik edip şeýle diý: „Kemsidiji sözleri aýdýan ammonlar hakda Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Gylyç gelýär! Gyrmak üçin gynyndan çykdy. Ol gan dökmek üçin çarhlandy, ýyldyrym kimin ýagty saçdy. 29 Pygamberleriň we palçylaryň aýdan sözleri ýalan bolup çykar. Olaryň hasabat bermeli sagady geldi, olaryň jesetleriniň üstüne siziň hem jesetleriňiz taşlanar. 30 Gylyç gynyna girer. Men sizi eneden doglan ýeriňizde, göbek ganyňyzyň daman ýerinde höküm ederin. 31 Üstüňize gazabymy dökerin. Lowlaýan gaharym bilen kül ederin. Sizi zalym adamlaryň, kellekeserleriň eline tabşyraryn+. 32 Siz odun kimin oda taşlanarsyňyz+. Ýurtda ganyňyz sil deý akar. Gaýdyp hiç haçan ýatlanmarsyňyz. Muny men, Ýehowa aýdýaryn“».
22 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, ganhor şähere+ hökümi yglan edersiňmi? Ýigrenji işlerini+ ýüzüne basarsyňmy? 3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eý ganhor şäher!+ Seniň soňky sagadyň geldi+. Nejis butlaryň* bilen özüňi haramladyň!+ 4 Köp gan döküp günä gazandyň+, nejis butlaryň seni haram etdi+. Şeýdip, hasabat bermeli günüňi ýakynlaşdyrdyň. Seniň soňuň geldi. Milletleriň öňünde ýüzügara bolarsyň, halklar üstüňden güler+. 5 Eý biabraý*, dawa-jenjelden doly şäher! Ýakyndaky we uzakdaky halklara gülki bolarsyň+. 6 Sebäbi ähli Ysraýyl baştutanlary ygtyýaryndan peýdalanyp gan dökýär+. 7 Olar ene-atasyny sylamaýar+, gelmişegi aldaýar, ýetimlere we dul aýallara sütem edýär“»+.
8 «Mukaddes ýerlerimi harladyňyz we Sabat güni baradaky kanunymy berjaý etmediňiz+. 9 Sende ganhor töhmetçiler ýaşaýar+. Olar daglarda butlara berilýän gurbanlyklary iýýärler we köçelerde haýasyz işleri edýärler+. 10 Olar kakasynyň aýaly bilen ýatýarlar*+. Aýbaşysy gelýän aýala ýanaşýarlar*+. 11 Biri goňşusynyň aýaly bilen azgynçylyk edýär+, beýlekisi oglunyň gelni bilen zyna edýär+, başgasy bolsa öz uýasynyň, kakasynyň gyzynyň namysyna degýär+. 12 Bigünä gan dökmek üçin para alýarlar+. Peýdasyny gözläp, göterimine karz berýärler+. Goňşusynyň puluny elinden gaňryp alýarlar+. Olar meni bütinleý unutdylar. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
13 Haram gazanç edişiňizi we bigünä gany döküşiňizi görüp, ýüregim bulanýar. 14 Size çäre gören günüm hem şeýle batyr* we güýçli bolup bilersiňizmi?+ Men Ýehowa, aýdyşym ýaly edip, size çäre görerin. 15 Sizi halklaryň arasyna dargadaryn, ýurtlaryň arasyna pytradaryn+. Haram işleriňiziň soňuna çykaryn+. 16 Halklaryň öňünde abraýdan düşersiňiz. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz»+.
17 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 18 «Ynsan ogly, ysraýyl halky meniň gözümde zir-zibile döndi. Ählisi ojaga oklanan mis, galaýy, demir we gurşun ýalydyr. Olar kümşüň galyndysy kimin boldy+.
19 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Zir-zibile dönendigiňiz üçin+, ähliňizi Iýerusalimde ýygnaryn. 20 Kümşi, misi, demri, gurşuny we galaýyny eretmek üçin ojaga salyp, ody güýçlendirýärler. Menem gahar atyma atlanyp, sizi bir ýere ýygnaryn we eretmek üçin gazap odumy tutaşdyraryn+. 21 Sizi bir ýere jemläp, gazap odumy başyňyzdan indererin+ we şäheriň içinde erederin+. 22 Ojakda kümşüň ereýşi kimin, sizem şäheriň içinde erärsiňiz. Şonda başyňyzdan gazabyny indereniň mendigimi, Ýehowadygymy bilersiňiz“».
23 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 24 «Ynsan ogly, ol şähere şeýle diý: „Eý Iýerusalim, sen hiç haçan tämizlenmersiň, gazap gününde asla ýagmyr ýagmaz. 25 Pygamberleriň dildüwşük gurup+, awuny parçalaýan arlaýjy arslan kimin+ adamlary ýalmap ýuwudýar. Başgalaryň baýlygyna, gymmatly zatlaryna el urýar. Olaryň derdinden ýaňa ençeme aýallar dul galýar. 26 Ruhanylaryň kanunymy bozýarlar+, mukaddes ýerlerimi haram edýärler+. Mukaddes we ýönekeý zadyň arasynda hiç hili tapawut goýmaýarlar+. Halal bilen haramyň tapawudyny öwretmeýärler+. Sabat güni baradaky kanunymy berjaý etmeýärler. Meni asla äsgermeýärler. 27 Han-begleriň awuny parçalaýan möjekler ýaly boldy. Olar haram gazanç etmek üçin adamlary öldürip, bigünä gan dökýärler+. 28 Diwara hek çalyşlary ýaly, pygamberleriň hem erbet işleriniň üstüni örtýärler; ýalan görnüşleri* görüp, ýalan pygamberlik edýärler+. Men Ýehowa, hiç zat aýtmasam-da, olar: „Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“ diýýärler. 29 Ýurduň halky biri-birini aldap talaýarlar+. Ejizleri we garyplary ezýärler. Gelmişekleri aldaýarlar, hakyndan mahrum edýärler“.
30 Olaryň arasyndan şäher diwaryny dikeltjek ýa-da diwaryň ýykylan ýerinde öňüme geçip, ýurdy gorajak adamy gözledim+, emma tapmadym. 31 Şonuň üçin olaryň üstüne gaharymy dökerin. Gazap odum bilen ýok ederin. Eli bilen edenlerini egni bilen çekdirerin — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
23 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, gulak goý, bir enäniň iki gyzy bardy+. 3 Olar Müsür ýurdunda ýaşlygyndan ahlaksyzlyk edip başladylar+. Olaryň göwüsleri ellendi, gyz göwüsleri sypalandy. 4 Ulusynyň ady Ohola*, kiçisiniň ady Oholyba*. Men olara eýe çykdym we maňa ogul-gyzlary dogurdylar. Ohola Samariýadyr+, Oholyba bolsa Iýerusalimdir.
5 Ohola meniňki bolsa-da, ahlaksyzlyk edip başlady+. Oýnaşlaryny, goňşy assiriýalylary+ küýsäp, ýanyp köýdi+. 6 Olar gök lybas geýen häkimler hem baştutanlardy, ählisi at münýän gerçek ýigitlerdi. 7 Ohola Assiriýanyň görmegeý ýigitleri bilen zyna etdi. Oýnaşlarynyň nejis butlary* bilen özüni haram etdi+. 8 Ol ýaşlygyndan bäri müsürliler bilen ahlaksyzlyk edýärdi we olar gyz göwüslerini sypalap, keýpden çykýardylar*. Ol Müsürde başlan ahlaksyzlygyndan el çekmedi+. 9 Şonuň üçin ony assiriýalylaryň — göwün beren oýnaşlarynyň eline berdim+. 10 Olar Oholanyň eşigini sypyrdylar+, ogul-gyzlaryny elinden aldylar+, özüni bolsa gylyçdan geçirdiler. Ol aýallaryň arasynda abraýdan düşdi, oňa jeza berildi.
11 Gyz jigisi Oholyba muny görüp, azgyn höwesi has-da artdy. Ol ahlaksyzlyk edip, doganyndan bäşbeter boldy+. 12 Ol goňşy assiriýalylaryň häkimlerini we baştutanlaryny küýsäp, ýanyp köýdi+. Olaryň ählisi at-abraýly, at münýän gerçek ýigitlerdi. 13 Men Oholybanyň özüni haramlandygyny, doganynyň ýolundan ýöreýändigini gördüm+. 14 Ol ahlaksyzlyga batdy we diwaryň ýüzüne oýulan, gyzyl reňke boýalan haldeýleriň şekilini görüp, olara maýyl boldy. 15 Olar bili guşakly, başy selleli, pälwan sypatly we Haldeý ýurdunda doglan wawilonlylara meňzeýärdi. 16 Oholyba olary gören badyna göwün berdi we Haldeý ýurduna çaparlar ýollady+. 17 Wawilon ogullary gelip, onuň gujagyna girdiler. Olar keýpden çykyp, ony haram etdiler. Oholyba haram bolansoň, olary ýigrendi we kowup goýberdi.
18 Oholyba ýalaňaçlanyp, haýasyzlyk bilen zyna etdi+, şonuň üçin doganyny ýigrenişim ýaly, ony hem ýigrendim, ondan ýüz öwürdim+. 19 Ol ýaşlygynda Müsürde eden azgynçylygyny+ ýadyna salyp, öňküden hem beter ahlaksyzlyk etdi+. 20 Oholybanyň oýnaşlarynyň jyns agzalary eşegiňki we atyňky ýalydy. Oholyba şol erkekleriň gyrnagyna döndi, olary küýsäp, ýanyp köýdi. 21 Müsürliler ýaş wagtyň göwüsleriňi ellediler, gyz göwüsleriňi sypaladylar. Sen şol günleri küýsediň+.
22 Oholyba, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen oýnaşlaryňy ýigrenip, kowup goýberdiň. Indi olary küşgürerin+ we çar tarapdan üstüňe çozduraryn+. 23 Wawilonlylaryň+, haldeýleriň+, pekotlylaryň+, şowalylaryň, kowalylaryň ählisi assiriýalylar bilen birleşip, seniň üstüňe hüjüm ederler. Olar häkimler, baştutanlar, pälwanlar, batyr esgerler we at münýän gerçek ýigitlerdir. 24 Olar başyna tuwulga geýip, ellerine ululy-kiçili galkan alyp, birgiden söweş arabalary, uly goşuny bilen üstüňe gelerler. Çar tarapdan seni gabarlar. Men olara höküm çykarmaga ygtyýar bererin, olar saňa öz isleýşi ýaly jeza bererler+. 25 Seniň üstüňe gazap odumy dökerin. Şonda olar saňa rehim etmezler: burnuňy, gulagyňy keserler. Aman galanlary bolsa gylyçdan geçirerler, ogul-gyzlaryňy gyrarlar we diri galanlaryny otda ýakarlar+. 26 Olar egniňden eşigiňi sypyrarlar+, eliňden şaý-sepleriňi alarlar+. 27 Şeýdip, men Müsürde başlan+ azgyn işleriň we ahlaksyzlygyň soňuna çykaryn+. Indi Müsüre seretmersiň, olary hiç haçan ýatlamarsyň“.
28 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen kimi ýigrenip kowup goýberen bolsaň, şolaryň eline-de bererin+. 29 Olar seni ýigrenerler, der döküp gazanan bar zadyňy eliňden alarlar+. Eşigiňi sypyryp, uýat ýerleriňi açarlar. Bihaýalyk bilen eden hapa işleriňi, azgynçylygyňy we ahlaksyzlygyňy paş ederler+. 30 Aýdan ähli zadym başyňa geler, sebäbi sen azgyn aýal kimin başga halklara göwün berdiň+. Olaryň nejis butlary bilen özüňi haram etdiň+. 31 Senem öz doganyň yzyna eýerip, onuň ýolundan ýörediň+. Şonuň üçin onuň käsesini seniň eliňe bererin“+.
32 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
„Doganyň içen uly käsesinden senem içersiň+.
Seniň üstüňden gülerler, seni ýaňsylarlar,
Sebäbi käse masgaraçylykdan doludyr+.
33 Aýal doganyň Samariýanyň käsesinden,
Gorky we weýrançylyk käsesinden içersiň,
Serhoş bolup, gaýgy-gama batarsyň.
Älemiň Hökümdary Ýehowa:
„Muny men aýdýaryn“ diýýär“.
35 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Meni bütinleý unudyp, äsgermezçilik etdiň+, haýasyz we ahlaksyz işlere baş goşduň. Şonuň üçin eliň bilen edeniňi egniň bilen çekersiň“».
36 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, Ohola we Oholyba+ çykaran hökümimi yglan edersiňmi? Olaryň ýigrenji işlerini ýüzüne basarsyňmy? 37 Olar zyna etdiler*+ we ellerini gana boýadylar. Olar nejis butlar bilen zyna edendigini az görýän ýaly, maňa dogrup beren ogullaryny otda ýakyp, butlara gurbanlyk berdiler+. 38 Muny-da az görýän ýaly, olar şol günüň özünde mukaddes ýerimi haram etdiler, Sabat güni baradaky kanunymy bozdular. 39 Ogullarynyň damagyny çalyp, nejis butlara gurbanlyk berdiler+. Hut şol güni ybadathanama gelip, ony haram etdiler+. Olar öýümiň töründe ýigrenji işleri etdiler. 40 Uzak ülkelerde ýaşaýan erkek göbeklilere çapar ýolladylar+. Olaryň gelýänini eşidip, siz ýuwundyňyz, gözüňize sürme çaldyňyz we şaý-sepleri dakyndyňyz+. 41 Siz saçak başyna geçip+, ýumşak düşekde oturdyňyz+. Saçagyňyzda meniň tütetgimi+ we ýagymy+ goýduňyz. 42 Ol ýerden şadyhorram erkekleriň sesi eşidilýärdi. Olaryň arasynda çölden gelen serhoş adamlar hem bardy. Erkek adamlar aýallaryň ellerine bilezik dakdylar, olaryň başyna täç geýdirdiler.
43 Men ysgyny gaçýança ahlaksyzlyk eden aýal hakda: „Ol barybir zyna etmegini goýmaz“ diýdim. 44 Onuň ýanyna edil azgyn aýalyň ýanyna gelýän dek gelerdiler. Şeýdip, olar ahlaksyz Ohola bilen Oholybanyň ýanyna geler durardylar. 45 Emma zynahora we ganhora nähili jeza berilýän bolsa, adalatly adamlar hem olara şeýle jeza bererler+. Sebäbi olar zynahor hem ganhor+ aýallardyr.
46 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň üstüne uly goşun hüjüm eder, gorkudan ýaňa sandyrarlar, mal-mülkleri talanar+. 47 Esgerler olary daşlap öldürerler+, gylyçdan geçirerler, ogul-gyzlaryny gyrarlar+, öýlerini otlarlar+. 48 Şeýdip, tutuş ýurtda azgynçylygyň soňuna çykaryn. Ähli aýallar mundan sapak edinerler, size meňzejek bolmazlar*+. 49 Siz haýasyz işleri etdiňiz, nejis butlara sežde edip, günä gazandyňyz, şonuň üçin wawilonlylar size jeza bererler. Şonda meniň Älemiň Hökümdary Ýehowadygymy bilersiňiz“»+.
24 Dokuzynjy ýylda*, onunjy aýyň onuna Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, şu senäni, şu güni belläp goý. Wawilon patyşasy hut şol gün Iýerusalime hüjüm eder+. 3 Olara gozgalaňçy halk barada şeýle mysal gürrüň ber:
„Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
„Gazanyň aşagyna ot ýakyp,
Gazan ataryň, içine suw guýuň+.
4 Gazana+ eti, jylka eti, but bilen öň aýagy atyň.
Gazany iri süňklerden dolduryň.
5 Sürüden iň semiz goýny saýlap alyň+.
Gazanyň aşagyna odun salyň.
Gazany gaýnadyň, iri süňkleri gowy bişiriň“.
6 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
„Ganhor şäher, waý seniň halyňa!+ Poslan gazan, posy arassalanmadyk gazan, waý seniň halyňa!
Gazandaky etleri saýlaman* ýekän-ýekän çykaryň+.
7 Sebäbi şäheriň döken gany siňmän ýatyr+,
Ol gany gaýanyň üstüne dökdi,
Ýere dökmedi, toprak bilen gömmedi+.
9 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
„Ganhor şäher, waý seniň halyňa!+
Sebäbi men köp odun üýşürip goýaryn.
10 Odunlary atyň, ody güýçlendiriň.
Eti gaýnadyň, çorbasyny döküň,
Gazandaky süňkler ýanyp köýsün.
11 Boşan mis gazany közüň üstünde goýuň,
Çym gyzyl bolýança gyzdyryň.
Goý, onuň hapasy aýrylyp+, posy arassalansyn!
12 Der döküp, agyr zähmet çekilse-de,
Gazanyň galyň posy aýrylmaz+.
Şonuň üçin posly gazany oda taşlaň“.
13 Sen azgynçylyk edip, özüňi haramladyň+. Men seni arassalamaga çalyşdym, emma sen tämizlenmediň. Meniň gaharym köşeşýänçä+, sen tämiz bolmarsyň. 14 Meniň, Ýehowanyň sözi şeýledir, aýdan sözüm hökman ýerine ýeter. Men niýetimden dänmerin, rehim etmerin, eden işime asla ökünmerin+. Olar sizi ýörän ýoluňyza we eden işleriňize görä höküm eder — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
15 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 16 «Ynsan ogly, seniň jandan eziz görýäniň tarpa-taýyn aradan çykar+. Emma sen ýas tutma*, gözýaş döküp, dady-perýat etme. 17 Hasrat çekýäniňi ile bildirme. Ýas däp-dessurlaryny berjaý etme+. Başyňa selläňi ora+, aýagyňa çarygyňy geý+. Agzyňy* örtme+, halkyň getiren çöreginden iýme»+.
18 Men irden halk bilen gepleşdim. Agşam bolsa aýalym dünýäden ötdi. Ertesi gün ir bilen Hudaýyň aýdanlaryny ýerine ýetirdim. 19 Adamlar menden: «Hany aýt, munuň bize näme degişli ýeri bar?» diýip soradylar. 20 Men şeýle jogap berdim: «Ýehowa maňa şeýle diýdi: 21 „Ysraýyl halkyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Tizden men ybadathanamy — siziň buýsanýan, guwanýan we eziz görýän ýeriňizi haram ederin+. Siziň bilen sürgüne gitmedik ogul-gyzlaryňyz gylyçdan geçiriler+. 22 Şonda sizem Hyzkyl ýaly agzyňyzy örtmersiňiz, halkyň getiren çöreginden iýmersiňiz+. 23 Başyňyzdan selläňizi aýyrmarsyňyz, aýagyňyzdan çarygyňyzy çykarmarsyňyz. Gözýaş döküp, dady-perýat etmersiňiz. Eden günäleriňiz sebäpli halyňyz harap bolar+, bir-biriňiz bilen dertleşersiňiz. 24 Hyzkyl size alamat bolar+. Onuň edenlerini sizem edersiňiz. Aýdanlarym ýerine ýetende, meniň Älemiň Hökümdary Ýehowadygymy bilersiňiz“».
25 «Ynsan ogly, men olaryň buýsanýan, guwanýan, eziz görýän owadan galasyny we ogul-gyzlaryny elinden alan günüm+ 26 aman galanlaryň biri gelip, ony saňa habar berer+. 27 Şol gün seniň diliň açylyp, aman galan adam bilen gepleşersiň. Şondan soň dymyp gezmersiň+. Sen olar üçin alamat bolarsyň. Şonda halk meniň Ýehowadygymy biler».
25 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, ammonlara+ seredip, olara garşy pygamberlik et+. 3 Ammonlara Älemiň Hökümdary Ýehowanyň sözlerine gulak asyň diý. Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Mukaddes mekanym haram bolanda, Ysraýyl ýurdy haraba öwrülende we ýahuda halky sürgün edilende, siz olara: „Size geregem şol!“ diýdiňiz. 4 Şonuň üçin sizi gündogar halklarynyň eline bererin. Olar ýurduňyzda düşelge gurarlar, araňyzda çadyrlaryny dikerler. Baglaryňyzyň ir-iýmişini iýerler, mallaryňyzyň süýdüni içerler. 5 Rapa+ şäheri düýeleriň örüsi bolar, Ammon ýurdy malýataga döner. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“».
6 «Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Siz ysraýyl halkyny ýaňsylap+, üstünden güldüňiz we el çarpyp+, tans etdiňiz*. 7 Şonuň üçin güýçli golum bilen sizi halklara olja edip bererin. Milletleriň, ýurtlaryň arasyndan ýok ederin, sizi gyryp taşlaryn+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“.
8 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Mowap+ bilen Segir+: „Ýahudanyň başga halklardan hiç hili tapawudy ýokdur“ diýdi. 9 Şonuň üçin Mowabyň serhedindäki şäherlerine, ýurduň iň owadan ýerlerine, ýagny Beýt-ýeşimotyň, Bagal-megonyň we Kirýataýymyň+ üstüne duşmanlary çozduraryn. 10 Men mowaplary we ammonlary gündogar halklarynyň eline bererin+. Ammonlaryň ady halklaryň arasynda hiç haçan agzalmaz+. 11 Men Mowabyň üstünden höküm çykararyn+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“.
12 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Edom Ýahudadan öç alyp, olara jeza berdi. Ol Ýahudadan ar alyp, uly günä gazandy+. 13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men güýçli golum bilen Edomyň halkyny we mal-garasyny gyryp taşlaryn. Ol ýerde janly-jemende galmaz+. Teýmandan Dedana çenli ähli adamlar gylyçdan geçiriler+. 14 Ysraýyl halkymyň goly bilen arymy alaryn+. Olar arkaly Edomyň başyndan gahar-gazabymy indererin. Şonda edomlylar meniň nädip ar alýandygymy görerler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“.
15 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Piliştliler ysraýyllaryň ganym duşmany boldular. Olar zalymlyk bilen halkymdan ar almak we soňuna çykmak üçin pursat gözlediler+. 16 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men güýçli golum bilen piliştlilere jeza bererin+, keretleri gyryp taşlaryn+. Deňiz kenarynda ýaşaýan galanja halky-da ýok ederin+. 17 Men olara gahar-gazap bilen jeza berip, öç alaryn. Olardan ar alanymda, meniň Ýehowadygymy bilerler“».
26 Ýehowa 11-nji ýylda*, aýyň birine meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Tir şäheri Iýerusalime+: „Saňa geregem şol! Halklaryň derwezesi döwüldi!+ Indi hemmeler meniň ýolumdan geçer. Indi menem baýaryn, sebäbi sen weýran bolduň“ diýdi. 3 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eý Tir, seniň bilen söweşerin! Deňiz tolkunlarynyň ýokary galşy ýaly, köp halklary saňa garşy aýaga galdyraryn. 4 Eý Tir, olar diwaryňy we diňleriňi ýer bilen ýegsan ederler+. Men bolsa topragyňy syryp-süpürip, seni ýalaňaç gaýa öwrerin. 5 Sen deňziň ortasynda balykçylaryň torlaryny guradýan ýeri bolarsyň+.
Sebäbi muny men aýdýaryn — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar — halklar seni talarlar. 6 Seniň obalaryňda ýaşaýan ähli adamlar gylyçdan geçiriler. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“.
7 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Meniň emrim bilen Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* demirgazykdan Tire hüjüm eder+. Ol şalaryň şasydyr+, ol atlary+, söweş arabalary+, at münýän gerçekleri we uly goşuny bilen üstüňe çozar. 8 Patyşa seniň obalaryňy gylyçdan geçirer. Daş-töweregiňe gabaw diwarlaryny gurar we gabaw depelerini galdyrar; seniň garşyňda uly galkanlary goýar. 9 Diwarlary ýykýan enjam bilen galalaryňy kül-peýekun eder. Diňleriňi palta* bilen ýumrar. 10 Birgiden atlary seni tozana garar, atly ýigitleriň we söweş arabalaryň güpürdisinden ýaňa diwarlaryň sarsar. Ol edil diwarsyz şäheri basyp alan serdar deý derwezäňden girer. 11 Atlary bilen köçeleriňi basgylar+, halkyňy gylyçdan geçirer, berk sütünleriňi ýer bilen ýegsan eder. 12 Duşmanlar mal-mülküňi talap, harytlaryňy olja alarlar+. Diwarlaryňy, kaşaň jaýlaryňy weýran eder. Olar daşlaryňy, tagtalaryňy we topragyňy deňze zyňarlar“.
13 Sende eşidilýän aýdym sesini, arfanyň owazyny keserin+. 14 Seni ýalaňaç gaýa öwrerin, sen balykçylaryň torlaryny guradýan ýeri bolarsyň+. Indi sen hiç haçan dikeldilmersiň. Sebäbi muny men, Ýehowa aýdýaryn — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
15 Älemiň Hökümdary Ýehowa Tire şeýle diýýär: „Ölüm penjesine düşen ilatyň nala çeker, içiňden jellat geçer, ýykylanyň hakda habar ýaýrar. Şonda goňşy adalar gorkmazmy?+ 16 Ähli deňiz hanlary tagtyndan düşüp, donlaryny çykarar, keşdeli lybasynyň ýakasyny ýyrtar we gorkudan ýaňa sandyrar. Olar dyza çöküp, gorkudan ýaňa titrär we aňk-taňk bolup saňa sereder+. 17 Olar sen hakda agy* aýdar+:
„Şan-şöhratly şäher, deňizden gelenlere gujak açan şäher!
Sen nädip weýran bolduň?+
Senem, halkyňam deňiz pälwanydy+,
Ýer ýüzüniň bütin halky haýbatyňdan gorkýardy.
18 Seniň weýran bolan günüň adalar sarsar,
Ýok bolanyňda, deňiz adalary titrär“+.
19 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni weýran edip, ilatsyz şäher ederin. Seni güýçli tolkunlar bilen basyp, deňziň içine çökererin+. 20 Men seni we ýanyňdakylary çukura inderip, gadymy günlerde ölüp gidenleriň ýanyna ibererin. Sende hiç kim ýaşamaz; sen haraba öwrülen gadymy şäherler ýaly bolarsyň; gabra injekler ýaly seni çukura indererin+. Şonda men ýagty jahany* şan-şöhrata beslärin.
21 Sen duýdansyz gorka düşüp, ýom-ýok bolarsyň+. Seni agtararlar, ýöne tapmazlar“. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
27 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Tir üçin agy* aýdyp+, 3 şeýle diý:
„Deňiz derwezelerinde mekan tutan,
Adalaryň halklary bilen söwda-satyk eden Tir,
Älemiň Hökümdary Ýehowa saňa şeýle diýýär:
„Eý Tir, sen özüňe: „Men gözelleriň gözelidirin“ diýýärsiň+.
4 Sen deňziň jümmüşinde.
Ussalar görküňe görk goşdy.
5 Sen gämi ýalydyň,
Tagtalaryňy Seniriň+ arçalaryndan ýondular,
Pürsüňi Liwanyň kedr agajyndan ýasadylar.
6 Kürekleriň Başanyň dub agajyndan ýonuldy,
Seniň burnuň Kittim+ adalarynyň serwi agajyndan ýasalyp,
Pil süňki bilen bezeldi.
7 Ýelkenleriň Müsüriň al-elwan reňkli zygyr* matasyndandy,
Seniň bassyrmaň Alyşah+ adalarynyň gök ýüplüginden,
Badam reňkli ýüňünden dokaldy.
8 Sidonyň we Arwatyň+ ilaty seniň kürekçileriňdi.
Eý Tir, seniň ökde deňizçileriň bardy+.
9 Gebalyň+ tejribeli*, ökde ussalary döwükleriňi bejererdi+.
Deňziň ähli gämileri we deňizçileri gelip söwda ederdi.
10 Pars, Ludym we Put+ ilaty seniň goşunyňdy, esgerleriňdi.
Olar galkanlary bilen tuwulgalaryny senden asardylar,
Saňa şan-şöhrat getirerdiler.
11 Arwatyň batyr esgerleri
Diwarlaryň her burçunda garawulçylyk ederdiler,
Edermen ýigitleri diňleriňde durardylar.
Olar galkanlaryny diwarlaryňdan asyp,
Görküňe görk goşardylar.
12 Ummasyz baýlygyňy+ görüp, Tarşyş+ seniň bilen söwda-satyk ederdi. Olar kümüş, demir, galaýy we gurşun berip, seniň harytlaryňy alardy+. 13 Ýawan, Tubal+ we Meşeh+ seniň bilen söwda edip, harytlaryň deregine gullary+, misden ýasalan zatlary bererdi. 14 Togarmah+ ilaty söweş atlaryny, bedewlerini we gatyrlaryny berip, senden haryt alardy. 15 Dedan+ halky hem seniň bilen söwda-satyk ederdi. Ençeme adalaryň halky seniň täjirleriňdi. Olar saňa pil süňküni+ we gymmatbaha gara agaçlary salgyt tölärdi. 16 Köp sanly harytlaryňy görüp, Edom seniň bilen söwda-satyk ederdi. Olar seniň harytlaryňa derek pöwrize daşyny, badam reňkli ýüňi, keşdeli al-elwan ýüpek matalary, merjen hem lagyl daşlaryny bererdi.
17 Ýahuda we Ysraýyl ýurdy seniň bilen söwda-satyk ederdi. Olar seniň harytlaryňa+ derek Minnit+ bugdaýyny we näz-nygmatlar, bal+, zeýtun ýagyny hem melhem ýagyny+ bererdi.
18 Köp sanly harytlaryňy we ummasyz baýlygyňy görüp, Damask+ seniň bilen söwda-satyk ederdi; seniň harydyňa derek Helbon şerabyny we Zahar ýüňüni bererdi. 19 Uzalyň Wedan we Ýawan welaýatlary seniň harytlaryňa derek demir, dalçyn, hoşboý ysly gamyş bererdi. 20 Dedan+ eýerlik atkeçelerini berip, senden haryt alardy. 21 Araplar we bütin Kedar+ baştutanlary seniň täjirleriňdi; olar saňa guzy, goç we geçi getirerdi+. 22 Şeba we Raýman+ täjirleri seniň bilen söwda-satyk ederdi. Olar harytlaryňa derek her dürli saýlama atyrlary, gymmatbaha daşlary we altynlary bererdi+. 23 Haran+, Kanneh, Erem+, Şeba+, Ashur+ we Kilmat täjirleri seniň bilen söwda-satyk ederdi. 24 Olar seniň bazarlaryňda owadan lybaslary, mawy reňkli donlary, keşdeli al-elwan matalary we dürli reňkli halylary satardylar. Olaryň ählisini berk daňyp goýardylar.
26 Kürekçileriň seni deňiz jümmüşine alyp barar,
Gündogar şemaly seni deňiz ortasynda kül-peýekun eder.
27 Seniň ýykylan günüň,
Bar baýlygyň, harytlaryň, mallaryň,
Gämiçileriň we deňizçileriň,
Döwükleriňi bejerýän ussalaryň,
Söwdagärleriň+ we ähli esgerleriň+,
Sende ýaşaýan halk deňziň jümmüşinde gark bolar+.
28 Deňizçileriň ahy-nalasyndan kenardaky obalar titrär.
29 Ähli kürekçiler, deňizçiler we gämiçiler,
Gämilerinden düşüp, kenarda durarlar.
30 Olar seniň üçin dady-perýat ederler+,
Başyndan gum sowrup, kül üstünde oturarlar.
31 Saçlaryny syryp, jul* geýerler,
Ajy hasratdan ýaňa zar-zar aglarlar.
32 Seniň üçin ýas tutup, agy* aýdarlar:
„Deňiz ortasynda Tir ýaly ümsüm ýatan barmy?+
33 Gämili gelen harytlaryň bilen köpleri begendirerdiň+.
Baýlygyň we harytlaryň bilen
Patyşalarynyň döwletini artdyrardyň+.
34 Indi sen deňizde, suwuň düýbünde dargap ýatarsyň+.
Bar baýlygyň we ähli halkyň seniň bilen gark bolar+.
35 Ähli adalaryň ilaty saňa geň galyp serederler+,
Patyşalar gorkudan ýaňa sandyraşyp+,
Ýüzleri ak tam bolar.
36 Dünýäniň täjirleri seniň halyňy görüp, sykylyk çalarlar*.
Seniň soňuň duýdansyz geler we gorkunç bolar.
Sen ebedilik ýok bolarsyň“»+.
28 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Tiriň baştutanyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý:
„Sen ýüregiňde gedemlik bilen+: „Men hudaý.
Deňziň ortasynda hudaýyň tagtynda otyryn“+ diýýärsiň.
Emma sen özüňi hudaý hasaplasaň-da,
Hudaý dälsiň, ýönekeý bir adamsyň.
3 Sen Danyýardan hem akyllydyryn öýdýärsiň+.
Bilmeýän syryň ýokdur öýdýärsiň.
4 Akyldarlygyň we düşünjäň bilen baýlyk topladyň.
Hazynaňy altyn-kümüşden doldurdyň+.
5 Ussatlyk bilen söwda edip, genji-hazyna topladyň+.
Baýlykdan ýaňa tekepbir ýüregiň has-da gatady“.
6 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
„Özüňi hudaý hasaplanyň üçin,
7 Ýat halklaryň iň zalymyny üstüňe çozduraryn+.
Olar akyldarlyk bilen toplan owadan zatlaryňy gylyç bilen parça-parça ederler.
Şan-şöhratyňy gara guma gararlar+.
9 Sen jellada: „Men hudaý“ diýersiňmi?
Seni haram etjekleriň elinde hudaý däl-de,
Ýöne bir adam bolarsyň“.
10 „Sen kesekileriň elinden sünnetsizler kimin ölersiň,
Sebäbi muny men aýdýaryn“.
Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
11 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 12 «Ynsan ogly, Tir patyşasy üçin agy* aýdyp, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý:
13 Sen Erem bagyndadyň, Hudaýyň bagyndadyň.
Sen dürli gymmatbaha daşlar:
Lagyl, topaz, ýaşma,
Zeberjet*, oniks, nefrit, ýakut,
Pöwrize+ we zümerret bilen bezelendiň.
Daşlaryň ählisi guýma altyna oturdylandy.
Olaryň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.
14 Men seni saýlap, goragçy kerup edip belledim.
Sen Allanyň mukaddes dagyndadyň+,
Otly daşlaryň arasynda ýörärdiň.
Şonuň üçin sen haram bolduň.
Indi seni Hudaýyň dagyndan zyňaryn, ýok ederin+.
Eý goragçy kerup, seni otly daşlaryň arasyndan kowaryn.
17 Owadanlygyň sebäpli ýüregiň tekepbirlikden doldy+,
Şan-şöhratyňa buýsanyp, akylyňy ýitirdiň+.
Seni ýere taşlaryn+.
Şonda patyşalar saňa tomaşa ederler.
18 Sen agyr günäň we haram gazanjyň bilen
Mukaddes ýerleriňi haram etdiň.
Seniň içiňde ot tutaşdyraryn; ol seni ýakyp ýandyrar+.
Saňa seredýänleriň öňünde seni kül edip,
Gara topraga gararyn.
19 Seni tanaýan halklaryň ählisi aňk bolup serederler+.
Seniň soňuň duýdansyz geler we gorkunç bolar;
Sen ebedilik ýok bolarsyň“»+.
20 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 21 «Ynsan ogly, Sidona+ seredip, oňa garşy pygamberlik et. 22 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý:
„Eý Sidon, saňa garşy çykyp, seniň içiňde şöhratlanaryn.
Saňa höküm çykaryp, mukaddes Hudaýdygymy yglan ederin, halklar meniň Ýehowadygymy bilerler.
23 Seniň üstüňe mergi indererin,
Köçeleriňden gan sil deý akar.
Dumly-duşdan gylyçly hüjüm ederler,
Jesetler seniň içiňde çaşyp ýatar.
Şonda meniň Ýehowadygymy bilerler+.
24 Mundan beýläk ysraýyllary kemsidýän goňşy halklar awuly tikenekler we ýandaklar kimin+ ýara salmazlar. Şonda halklar meniň Älemiň Hökümdary Ýehowadygymy bilerler“.
25 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Milletleriň arasyna dargap giden ysraýyl halkymy bir ýere jemlärin+ we olar arkaly mukaddes Hudaýdygymy hemmelere ykrar ederin+. Şonda olar öz ýurdunda, gulum Ýakuba beren+ ýurdumda ýaşarlar+. 26 Olar asuda we parahat ýaşap+, jaýlar salarlar, üzüm ekerler+. Olary ýaňsylan goňşy halklaryň üstünden höküm çykaranymda, olar asuda ýaşarlar+. Şonda olar meniň Hudaýlary Ýehowadygymy bilerler“».
29 Onunjy ýylda*, onunjy aýyň 12-sine Ýehowa maňa şeýle diýdi: 2 «Ynsan ogly, Müsür faraonyna bakyp, oňa we bütin Müsür ýurduna garşy pygamberlik et+. 3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý:
„Eý Müsür faraony!+ Eý Nil läheňi!
Derýanyň şahalarynda ýatan deňiz läheňi+,
Men seniň bilen söweşerin.
Sen: „Nil derýasy meniňkidir,
Derýany özüm üçin gazdym“ diýýärsiň+.
4 Men seniň äňiňe çeňňek ildirerin,
Niliň balyklaryny teňňeleriňe ýapyşdyraryn.
Seni, teňňeleriňe ýapyşan Nil balyklaryny
Kenara çykararyn.
5 Seni we Nil derýasynyň ähli balyklaryny çöle zyňaryn.
Sen düzlükde pytrap ýatarsyň,
Saňa hiç kim eýe çykmaz, seni hiç kim jaýlamaz+.
Seni wagşy haýwanlara, asman guşlaryna şam ederin+.
6 Şonda ähli müsürliler meniň Ýehowadygymy bilerler.
Olar guran gamyş ýaly bolup,
Ysraýyla hiç hili goldaw bermedi+.
7 Olar saňa söýenende, sen pytradyň,
Olaryň egnini ýaraladyň.
Saňa söýenende, sen döwüldiň,
Olaryň bilini bükdüň“+.
8 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men seniň başyňdan gylyç indererin+, adamlaryňy-da, haýwanlaryňy-da gyraryn. 9 Müsür haraba döner we çöle öwrüler+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler. Sebäbi sen: „Nil derýasy meniňkidir, derýany özüm üçin gazdym“ diýipdiň+. 10 Men saňa we seniň Nil derýaňa garşy söweşerin. Migdoldan+ tä Siwene+ we Efiopiýanyň araçägine çenli Müsür ýurduny haraba öwrüp, çöle döndererin+. 11 Ol ýerden adamam, haýwanam geçmez+. Ol ýerde 40 ýyllap hiç kim ýaşamaz. 12 Dünýäde Müsür ýaly haraba bolup ýatan ýurt bolmaz, 40 ýyllap şäherleri tozap ýatar+. Men müsürlileri halklaryň arasyna dargadaryn, ençeme ýurtlara pytradaryn“+.
13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men 40 ýyldan dargan müsürlileri ähli ýurtlardan alyp gaýdaryn+. 14 Men ýesir düşen müsürlileri dogduk mekanyna, ýagny Patrosa+ getirerin. Ýöne olaryň patyşalygynyň abraýy bolmaz. 15 Müsür beýleki patyşalyklardan ejiz bolar. Ol hiç haçan halklaryň üstünden höküm sürmez+. Men olaryň patyşalygyny şeýle bir gowşadaryn welin, olar halklary basyp alyp bilmez+. 16 Ysraýyl öýi indi Müsüre daýanmaz+. Olar her sapar Müsüre seredip, kömek soranyna ökünerler*. Şonda olar meniň Älemiň Hökümdary Ýehowadygymy bilerler“».
17 Ýehowa 27-nji ýylda*, birinji aýyň birine maňa şeýle diýdi: 18 «Ynsan ogly, Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň*+ goşuny Tiri basyp almak üçin+ köp azap çekdi. Şonda esgerleriň saçy döküldi, eginleriniň hamy soýuldy. Emma ol goşuny bilen agyr azap çekenem bolsa, hiç hili hak almady.
19 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men Wawilon patyşasy Nawuhodonosora+ Müsüri bermegi makul bildim. Ol Müsüriň hazynasyny talar, köp olja alar. Müsür onuň goşuny üçin hak bolar“.
20 Ol meniň üçin janyny orta goýup, Tir bilen söweşdi. Şonuň üçin Müsür ýurduny töleg haky edip bererin+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
21 Şol gün Ysraýyl üçin bir serdar* peýda bolar+. Sen olaryň öňünde geplärsiň. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler».
30 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, pygamberlik edip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý:
„Halklar, aglap: „Waý halymyza, ol gün ýetip gelýär!“ diýiň.
3 Ol gün ýakyndyr, hawa, Ýehowanyň güni ýakyndyr+.
Şol gün asmany gara bulut bürär+.
Şol gün halklar höküm ediler+.
4 Müsüriň başyndan gylyç inende,
Jesetler pytrap ýatanda, hazynasy talananda,
Ýurt ýykan-ýumran edilende+, Efiopiýa howsala düşer.
5 Efiopiýa+, Put+, Lud we ýat halklardan adamlar gyrlar.
Kup we äht ýurdunyň ogullary* gylyçdan geçiriler“.
6 Ýehowa şeýle diýýär:
„Müsüri goldanlar hem ýok bolarlar,
Tekepbir Müsüriň güýjünden nam-nyşan galmaz+.
Migdoldan+ Siwene+ çenli her kes gylyçdan geçiriler. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 7 — Dünýäde Müsür ýaly haraba bolup ýatan ýurt bolmaz, tozap ýatan şäherleri ýaly şäher bolmaz+. 8 Müsürde ot ýakanymda, goldanlary heläk edenimde, meniň Ýehowadygymy bilerler. 9 Şol gün hondanbärsi efiopiýalylary gorkuzmak üçin, gämilerde çapar ýollaryn. Olar Müsüre injek betbagtçylyk barada eşidip, huşuny ýitirerler. Ol gün hökman geler“.
10 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* eli bilen Müsür goşunyny kül-peýekun ederin+. 11 Ol goşuny bilen halklaryň iň zalymydyr+. Olar gelip Müsür ýurduny weýran eder, gylyjyny gynyndan çykaryp, ýurdy jesetden doldurar+. 12 Men Nil derýasynyň+ şahalaryny guradaryn. Müsür ýurduny erbet adamlara sataryn. Men ýat halklaryň eli bilen tutuş ýurdy we ähli zadyny dargadaryn+. Muny men, Ýehowa aýdýaryn“.
13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men nejis butlary* ýok ederin. Nopyň* dereksiz taňrylaryny derbi-dagyn ederin+. Indi Müsürden serdar çykmaz. Tutuş Müsür ýurdy gorka düşdi+. 14 Patrosy+ weýran edip, Suwany oda ýakaryn, Noga* höküm çykararyn+. 15 Müsüriň Sin galasyna gazabymy dökerin, Noguň ilatyny gyryp taşlaryn. 16 Müsüri otlaryn, Siniň zähresi ýarylar, Noga duşmanlar kürsäp girerler, Nopa* gündiziň güni çozarlar. 17 Ohan* we Pibeset ýigitleri gylyçdan geçiriler, şäheriň ilaty sürgün ediler. 18 Tahpanesde Müsüriň boýuntyrygyny döwenimde+ gündiziň güni tüm-garaňky bolar. Tekepbir Müsüriň güýjünden nam-nyşan galmaz+, ony gara bulutlar gaplar, şäheriň ilaty sürgün ediler+. 19 Men Müsüre çykaran hökümimi amala aşyraryn. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“».
20 Ýehowa 11-nji ýylda*, birinji aýyň ýedisine meniň bilen ýene-de gepleşdi: 21 «Ynsan ogly, men Müsür faraonynyň elini döwdüm. Elini daňan bolmaz, gylyç tutar ýaly elini saran tapylmaz».
22 «Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men Müsür faraony bilen söweşerin+, onuň gollaryny, güýçli we şikesli goluny döwerin+. Elindäki gylyjy ýere gaçar+. 23 Soňra müsürlileri halklaryň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň içine dargadaryn+. 24 Men Wawilon patyşasynyň goluna güýç bererin+ we oňa gylyjymy berip+, faraonyň goluny döwerin. Şonda ol patyşanyň öňünde agyr ýaralanan adam kimin zar-zar aglar. 25 Men Wawilon patyşasynyň goluna güýç bererin, faraonyň goluny bolsa ysmaz ederin. Wawilon patyşasynyň goluna gylyjymy bererin. Ol gylyjyny Müsür ýurduna garşy göterer. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler+. 26 Men müsürlileri halklaryň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň içine dargadaryn+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“».
31 Ýehowa 11-nji ýylda, üçünji aýyň birine meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Müsür faraonyna we onuň goşunyna şeýle diý+:
„Seniň ýaly beýik kim bar?
3 Sen assiriýala, Liwanyň kedr agajyna meňzeýärdiň.
Seniň owadan gür ýaprakly şahalaryň kölege berýärdi;
Seniň boýuň şeýle beýikdi welin, hatda bulutlara ýetýärdi.
4 Sen suwlaryň ýakasynda ösdüň,
Çeşmeleriň boýunda beýik agaç bolduň.
Çar tarapyňdan çeşmeler akýardy.
Ýaplar ähli agaçlary suwarýardy.
5 Şeýdip, sen ähli agaçlardan beýik bolduň.
Şahalaryň köpeldi, pudaklaryň ösdi,
Sebäbi sen bol suwlaryň boýunda otyrdyň.
6 Ähli guşlar seniň şahalaryňda höwürtge ýasardylar;
Ähli ýyrtyjy haýwanlar aşagyňda guzlardylar;
Ähli halklar seniň kölegäňde ýaşardylar.
7 Seniň şahalaryň ösdi, beýik we owadan agaç bolduň.
Sebäbi kökleriň bol suwdan ganardy.
Allanyň bagyndaky hiç bir agaç
Gözellikde seniň bilen bäsleşip bilmeýärdi.
9 Men seni gür ýaprakly owadan agaç etdim.
Hak Hudaýyň Erem bagyndaky ähli agaçlar
Saňa göriplik ederdi“.
10 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen beýik agaç bolup, boýuň bulutlara ýetdi. Sen beýikligiňe buýsanyp, tekepbir bolduň. 11 Men seni milletleriň güýçli hökümdarynyň eline tabşyraryn+; ol saňa garşy söweşer. Men erbet işleriň üçin senden ýüz öwrerin. 12 Ýat halklar, iň zalym milletler seni çaparlar, daglara taşlarlar, seniň ýapraklaryň jülgelerde, döwlen şahalaryň çeşmeleriň boýunda pytrap ýatar+. Ýer ýüzüniň ähli halklary saýaňy taşlap giderler. 13 Asmanyň ähli guşlary töňňäňde höwürtge ýasarlar, ýabany haýwanlar şahalaryňda mesgen tutarlar+. 14 Suwuň boýunda ösýän hiç bir agaç seniň ýaly beýik bolmaz, başy bulutlara ýetmez. Bol suwlardan ganýan hiç bir agaç şeýle beýik bolmaz. Olaryň ählisi heläk bolar, çukura* inen ynsan ogullary bilen birlikde gara ýere siňip giderler“.
15 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Seniň mazara* inen günüň halklara ýas tutduraryn. Men suwlar akmaz ýaly derýalara böwet goýaryn, çeşmeleri beklärin. Sen sebäpli Liwany tümlüge gaplaryn, ähli agaçlaryny guradaryn. 16 Sen ýykylanyňda goh-galmagal turar, halklar gorkup sandyrar. Seni çukura injekler bilen bir mazara indererin. Eremiň ähli agaçlary+, Liwanyň iň owadan agaçlary, bol suwlaryň boýunda ösýän agaçlar ýeriň astynda ynjalyk tapar. 17 Olar seniň bilen gylyçdan geçirilenleriň ýanyna, mazara iner+. Halklaryň arasyndaky ýaranlaryň hem mazara iner“+.
18 Erem bagynda seniň ýaly şöhratly we beýik agaç bardymy?+ Emma sen Erem bagynyň agaçlary bilen gara ýeriň astyna inersiň. Sen gylyçdan geçirilen sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň goşunynyň başyna şeýle betbagtçylyklar iner — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
32 Ýehowa 12-nji ýylda*, 12-nji aýyň birine meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Müsür faraony hakda agy* aýt we oňa şeýle diý:
„Sen milletleriň arasynda güýçli arslan kimindiň,
Emma indi ýok edildiň.
Sen deňiz läheňi kimin+ derýalarda urunýardyň,
Aýagyň bilen suwlary bulap, derýalary hapalaýardyň“.
3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
„Seni toruma düşürmek üçin köp milletleri ýygnaryn,
Olar seni toruma salarlar.
4 Men seni gury ýere çykaryp,
Ýaýylyp ýatan çöle taşlaryn.
Ähli asman guşlaryny üstüňe gonduraryn,
Ýeriň ähli wagşy haýwanlaryna şam ederin+.
5 Jesediňi daglara taşlaryn,
Dereleri läşiňden dolduraryn+.
6 Düzler, daglar we depeler ganyňa gark bolar,
Seniň ganyň çeşme-çaýlary doldurar“.
7 „Seni ýok edenimde,
Asmanyň ýüzi tutular, ýyldyzlar söner.
Günüň ýüzüni gara bulutlar örter,
Aý nuruny saçmaz+.
8 Sen sebäpli asmanyň şamçyraglaryny tümlük gaplap alar,
Tutuş ýurdy garaňkylyk örter“.
Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
9 „Seni tanamaýan ýurduňa, ýat ýurtlara sürgün edenimde+,
Köp halklaryň kalby gam-gussadan dolar.
10 Köp milletler gorkudan ýaňa aňk bolarlar,
Gylyjymy gynyndan çykaranymda,
Olaryň patyşalary sandyrar.
Seniň ýykylan günüň,
Olaryň her biri şirin jany üçin gorkudan ýaňa titreşerler“.
11 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
„Wawilon patyşasy gylyjy bilen üstüňe geler+.
12 Zalym milletleriň güýçli esgerleri,
Goşunyňy gylyçdan geçirer+.
Olar Müsüriň buýsanjyny gara guma gararlar,
Ähli goşunyny kül-peýekun ederler+.
13 Men akar suwlaryň başynda mal-garasyny gyraryn+,
Mundan beýläk ynsanyň aýagy,
Haýwanyň toýnagy suwlaryny bulamaz+.
14 Şonda olaryň derýasyny arassalaryn,
Olaryň derýalary ýag ýaly akar“.
Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
15 „Müsüri çöle öwrerin, bar zadyny ýalmap ýuwudaryn+,
Ähli ilatyny gyraryn.
Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler+.
16 Halklar şu agy aýdymyny hökman aýdar.
Milletleriň gelin-gyzlary dilinden düşürmez.
Olar Müsür we onuň goşuny üçin agy aýdymyny aýdarlar“.
Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
17 Ýehowa 12-nji ýylda, aýyň* 15-ne meniň bilen ýene-de gepleşdi: 18 «Ynsan ogly, Müsür goşuny üçin zaryn-zaryn agla. Onuň we güýçli halklaryň çukura injekler bilen bile ýere siňip gitjegini jar et.
19 „Eý Müsür, hemmelerden owadandyryn öýdýärsiňmi? Mazara inip, sünnetsizleriň arasynda ýat“.
20 „Olar gylyçdan geçirilenleriň arasynda ýatarlar+, özi-de gylyçdan geçiriler, goşuny bilen ýok ediler.
21 Güýçli esgerler mazaryň* içinden faraon we onuň kömekçileri bilen gepleşerler. Olar hem mazara iner we gylyçdan geçirilen sünnetsizleriň arasynda ýatarlar. 22 Assiriýa hem öz goşuny bilen şol ýerdedir. Onuň töweregi esgerleriniň mazarlaryndan doludyr. Olaryň ählisi gylyçdan geçirildi+. 23 Onuň mazarlary çukuryň düýbündedir. Wepat bolan esgerleri mazarynyň töwereginde jaýlanandyr. Olaryň ählisi gylyçdan geçirildi, sebäbi ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklapdylar.
24 Elam+ hem şol ýerdedir. Onuň goşuny hem gylyçdan geçirilip, mazarynyň töwereginde jaýlandy. Sünnetsizler gara topraga siňip gitdiler, sebäbi olar ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklapdylar. Indi olar çukura injekler bilen bile masgara bolarlar. 25 Oňa jesetleriň arasynda düşek saldylar; onuň mazarynyň* töwereginde goşuny hem jaýlanypdy. Sünnetsizler ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklandyklary üçin gylyçdan geçirildi. Indi olar çukura injekler bilen bile masgara bolarlar. Elam hem jesetleriň arasyna taşlanar.
26 Meşeh we Tubal+ goşunlary bilen şol ýerdedir. Olaryň mazarlary patyşasynyň töweregindedir. Sünnetsizler ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklandyklary üçin gylyçdan geçirildi. 27 Olar hem wepat bolan sünnetsiz ýigitleriň ýanyna, ýaraglary bilen mazara inen esgerleriň arasyna inmezlermi? Ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklandyklary üçin, olaryň gylyçlary başynyň aşagynda goýlar*, günäleriniň jezasyny süňkleri çeker. 28 Emma sen sünnetsizler bilen ýok edilersiň, gylyçdan geçirilenleriň arasynda ýatarsyň.
29 Edom+ hem şol ýerdedir. Onuň patyşalary we baştutanlary güýçli bolsa-da, gylyçdan geçirilenleriň arasyndadyr. Olar hem sünnetsizler+ we çukura injekler bilen bile ýatarlar.
30 Demirgazygyň han-begleri hem sidonlylar+ bilen şol ýerdedir. Güýç-kuwwaty bilen halklary gorkuda saklan sidonlylar hem masgara bolup jesetler bilen bile mazara indiler. Olar gylyçdan geçirilen sünnetsizleriň arasynda ýatarlar; olar çukura injekler bilen bile masgara bolarlar.
31 Faraon olaryň ählisini görüp, goşunynyň başyna injek betbagtçylyklara şükür eder+. Faraon goşuny bilen gylyçdan geçiriler — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
32 Sebäbi ol ýagty jahanda ýaşaýanlary gorkuda saklady. Faraon goşuny bilen gylyçdan geçirilen sünnetsizleriň arasynda ýatar“. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
33 Ýehowa meniň bilen gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, halkyň ogullaryna+ şeýle diý:
„Aýdaly, men bir ýurda duşmanlary iberýärin+. Şol ýurduň bütin ilaty bir adamy garawul edip belleýär. 3 Ol duşmanlaryň gelýändigini görýär-de, surnaý çalyp, halka duýduryş berýär+. 4 Eger kimdir biri surnaýyň sesini eşitse-de, duýduryşa gulak asman+, duşman elinden heläk bolsa, onuň gany öz boýnuna bolar+. 5 Ol surnaýyň sesini eşitse-de, duýduryşa gulak asmady. Onuň gany öz boýnuna bolar. Eger ol duýduryşa gulak asan bolsady, janyny halas ederdi.
6 Emma garawul duşmanlaryň gelýändigini görüp-de, surnaý çalmasa+, halka duýduryş bermese, duşman gelip biriniň janyny alsa, ol adam öz günäsi üçin öler. Emma garawul onuň ganyna galar“*+.
7 Ynsan ogly, seni Ysraýyl öýüne garawul edip belleýärin. Agzymdan çykan her bir sözi diňläp, meniň adymdan halka duýdurmalysyň+. 8 Men erbetlik edýäne: „Erbet adam, sen hökman ölersiň!“+ diýsem, senem gidip, oňa aýtmasaň, erbet ýolundan döner ýaly duýdurmasaň, ol erbet adam eden günäsi üçin öler+. Sen bolsa onuň ganyna galarsyň*. 9 Sen erbet adama erbet işlerinden el çekmegi duýdursaň-da, egri ýoldan ýörese, ol eden günäsi üçin öler+. Sen bolsa öz janyňy halas edersiň+.
10 Ynsan ogly, ysraýyl halkyna şeýle diý: „Siz: „Eden etmişlerimiz we günälerimiz agyr ýük kimin halys çökerdi. Biz heläk bolup barýarys+. Indi biz nädip halas bolmaly?“ diýýärsiňiz“+. 11 Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men diri şaýatdyryn! Men erbet adamyň ölümine begenmeýärin+. Gaýtam erbet ýolundan dönüp+, uzak ýaşamagyny isleýärin+. Dönüň, erbet ýollaryňyzdan dönüň!+ Eý ysraýyl halky, biwagt dünýäden ötmek nämä gerek?“+
12 Ynsan ogly, halkyň ogullaryna duýdur: „Hudaýhon adam Hudaýa garşy gitse, öňki halal işleri janyny halas etmez+. Erbet adam erbetlikden el çekse, öňki erbetligi sebäpli janyndan mahrum bolmaz+. Hudaýhon adam günä işlere baş goşsa, öňki halal işleri janyny halas etmez+. 13 Men hudaýhon adama: „Sen ýaşarsyň“ diýsem, emma ol halal işlerine daýanyp, erbetlik* etse+, onuň halal işleriniň hiç biri ýatlanmaz. Ol eden günäsi üçin öler+.
14 Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň!“ diýsem, emma ol günä işlerinden el çekse, adalatly we halal ýaşasa+, 15 ogurlan we girewine alan zatlaryny yzyna berse+, ýaşaýyş berýän kanunlary ýerine ýetirse, erbetlikden el çekse, ol ölmez, uzak ýaşar+. 16 Onuň eden günäleriniň hiç biri ýatlanmaz+. Adalatly we halal ýaşaýandygy üçin uzak ömür sürer“+.
17 Emma halk adalatsyzlyk edip-de: „Ýehowa adalatsyzlyk edýär“ diýýär.
18 Eger hudaýhon adam halal ýaşamagyny goýup, haram işe baş goşsa, ol hökman öler+. 19 Erbet adam ýaman ýolundan dänip, adalatly we halal ýaşap başlasa, uzak ömür sürer+.
20 Emma siz: „Ýehowa adalatsyzlyk edýär“ diýýärsiňiz+. Eý ysraýyl halky, men her biriňizi ýörän ýollaryňyza görä höküm ederin».
21 Sürgün edilenimize 12 ýyl bolanda, şol ýylyň onunjy aýynyň bäşine Iýerusalimden gaçyp gutulan bir adam meniň ýanyma gelip+: «Şäher basylyp alyndy!»+ diýdi.
22 Ol adam gelmezinden öň, agşam maňa Ýehowanyň ruhy* inip, dilim açyldy. Ertesi irden bolsa, ol adam ýanyma geldi. Dilim açylansoň, men gepläp başladym+.
23 Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: 24 «Ynsan ogly, harabaçylykda ýaşaýan halk+ Ysraýyl ýurdy hakda: „Ybraýymyň ýeke özi bolsa-da, bütin ýurdy miras aldy+. Biz bolsa köpçülik, şonuň üçin tutuş ýurt bize miras galdy“ diýişýär.
25 Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Siz eti gany bilen iýýärsiňiz+, nejis butlara* bil baglaýarsyňyz* we bigünä gany dökýärsiňiz+. Şeýle işleri edibem, ýurdy miras alarsyňyzmy? 26 Siz gylyjyňyza daýanýarsyňyz+, haram işleri* edýärsiňiz, goňşyňyzyň aýaly bilen ýatýarsyňyz+. Şeýle işleri edibem, ýurdy miras alarsyňyzmy?“+
27 Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men diri şaýatdyryn! Harabaçylykda ýaşaýan halk gylyçdan geçiriler, düzlükde ýaşaýanlar ýabany haýwanlara şam bolar, galalarda we gowaklarda ýaşaýanlar mergiden gyrlar+. 28 Men ýurdy çöl-beýewanlyga öwrerin+, tekepbirliginiň we gedemliginiň soňy geler. Ysraýyl daglarynda hiç kim ýaşamaz+, ol ýerden hiç kim geçmez. 29 Ýigrenji işleri edendikleri sebäpli+ ýurdy harabaçylyga öwrerin+, şonda meniň Ýehowadygymy bilerler“.
30 Ynsan ogly, ýurduň diwarlaryna ýaplanyp, gapylarynyň agzynda duran adamlar sen hakda gürrüň edýärler+. Olar biri-birine we doganlaryna: „Ýörüň, Ýehowanyň habaryny diňlemäge gideliň!“ diýýärler. 31 Olar hemişekisi ýaly jem bolup, meniň halkym ýaly öňüňde oturarlar. Olar aýdan sözleriňi diňlärler, emma ýerine ýetirmezler+. Olaryň dili saňa ýaranjaňlyk edýär, ýürekleri bolsa haram gazanjy küýseýär. 32 Sen olar üçin kirişli saz guralyny çalýan sazanda we söýgi aýdymyny aýdýan mahmal owazly bagşy ýalysyň. Olar sözüňi diňlärler, emma berjaý etmezler. 33 Aýdan sözlerim amala aşanda (olar hökman amala aşar), aralarynda pygamberiň bolandygyny bilerler»+.
34 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, ysraýyl çopanlaryna garşy pygamberlik edip, olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ysraýyl çopanlarynyň waý halyna!+ Olar sürini bakmagyň deregine gara garnynyň aladasyny edýärler+. 3 Siz ýag iýip, ýüpek* geýýärsiňiz, semiz mallary soýýarsyňyz+, süri bolsa aç+. 4 Ejizlere goltgy berilmeýär, kesellileri bejerilmeýär, ýaralary saralmaýar, azaşanlary yzyna getirilmeýär+, ýitenleri gözlenmeýär. Gaýtam olara zulum-sütem bilen agalyk edýärsiňiz+. 5 Olaryň çopany bolmansoň dargadylar+, çar tarapa pytrap, ýyrtyjy haýwanlara şam boldular. 6 Goýunlarym ähli daglarda we belent depelerde aýlanyşyp ýör, meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne pytrady. Hiç kim olaryň aladasyny etmedi, hiç kim olary gözlemedi.
7 Çopanlar, Ýehowanyň sözüni diňläň: 8 „Men diri şaýatdyryn! — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Çopansyz goýunlarym talanyp, ýyrtyjy haýwanlara şam boldy. Çopanlarym goýunlarymy agtarmadylar. Olar gara garnynyň aladasyny edip, sürimi bakmadylar“. 9 Çopanlar, Ýehowanyň sözüni diňläň! 10 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar: „Çopanlara temmi bererin. Goýunlarym üçin olardan hasap soraryn. Indi olara sürimi ynanmaryn+. Çopanlar aç galarlar. Sürimi olaryň elinden halas ederin, indi olar goýunlarymy iýip bilmezler“.
11 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar: „Indi goýunlarymy özüm gözläp taparyn, olary özüm bakaryn+. 12 Dargan goýunlaryny gözleýän, olary bakýan çopan kimin menem goýunlarymyň aladasyny ederin+. Tüm-garaňky we gara bulutly günde+ goýunlarymy halas edip, dargan ýerlerinden yzyna alyp gaýdaryn. 13 Olary halklaryň arasyndan çykararyn, ýurtlaryň arasyndan ýygnap, öz ýurduna getirerin. Olary Ysraýyl daglarynda, çeşme-çaýlaryň boýunda we ilatly ýerlerde bakaryn+. 14 Olary al-ýaşyl örülerde, Ysraýylyň beýik daglarynda bakaryn+. Olar gök maýsaly meýdanda ýatarlar+. Ysraýyl daglarynyň al-ýaşyl örülerinde otlarlar“.
15 „Goýunlarymy özüm bakaryn+, olara dynçlyk bererin+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 16 — Ýitenlerini gözlärin+, azaşanlaryny yzyna getirerin, ýaralaryny sararyn, ejizlerine goltgy bererin. Emma semizlerini we daýawlaryny ýok ederin, olara temmi bererin“.
17 „Goýunlarym, men, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýärin: „Men goýun bilen goýnuň, goç bilen tekäniň arasynda adalaty dikelderin+. 18 Al-ýaşyl örüleri az görýärsiňizmi? Başga örüleri basgylamak nämä gerek? Dury suwdan ganyp, soňra suwy bulamak nämä gerek? 19 Indi meniň goýunlarym siziň basgylan örüleriňizde otlamalymy? Siziň bulan suwuňyzdan içmelimi?“
20 Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Indi meniň özüm semiz we arryk goýnuň arasynda kazy bolaryn. 21 Siz keselli goýunlary göwräňiz* bilen itip, şahyňyz bilen süsüp, sürimi dumly-duşa kowýarsyňyz. 22 Men goýunlarymy halas ederin, indi olar talanmaz+. Men iki goýnuň arasynda adalaty dikelderin. 23 Gulum Dawudy+ olara çopan edip bellärin+, ol sürimi dok saklar. Ol goýunlarymy bakar, olara çopançylyk eder+. 24 Men, Ýehowa olaryň Hudaýy bolaryn+, gulum Dawut olara baştutan bolar+. Muny men, Ýehowa aýdýar.
25 Men olar bilen parahatlyk ähtini baglaşaryn+. Ýurtdan ýyrtyjy haýwanlary kowaryn+. Şonda olar sähralarda asuda gezerler, tokaýlarda ýatarlar+. 26 Olary ýalkaryn, depämiň daş-töweregini bereketli ederin+. Ýagyş möwsüminde ýagar. Ýagmyr deý bereket ýagar+. 27 Agaçlar miwe berer, toprak bol hasyl getirer+, olar asuda ýurtda ýaşar. Olaryň boýuntyryklaryny döwüp, olary gul edenleriň elinden halas edenimde, meniň Ýehowadygymy bilerler+. 28 Indi halklar olary talamaz, ýyrtyjy haýwanlara şam bolmazlar. Olar asuda ýaşarlar, hiç kim olary gorkuzmaz+.
29 Olara berjek topragymyň at-owazasy dünýä ýaň salar. Indi olar açlykdan ölmezler+, halklar olary kemsitmez+. 30 Şonda ysraýyl meniň olaryň Hudaýy Ýehowadygyma we olar bilendigime düşüner; meniň halkymdygyny biler“+. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
31 Goýunlarym+, men siziň aladaňyzy ederin! Siz ýöne bir adam, men bolsa siziň Hudaýyňyz“. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
35 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Segiriň+ daglaryna seret we pygamberlik et+. 3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Segir daglary! Men size garşy çykyp, güýçli golum bilen weýran ederin+. 4 Siziň şäherleriňizi weýran ederin, haraba öwrerin+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz. 5 Sebäbi siz ysraýyllaryň ganym duşmany bolduňyz+. Halkymyň başyna heläkçilik inende, soňky jezasy berlende, olary gylyçdan geçirdiňiz“+.
6 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Men sizi ölüme höküm ederin, siz ondan gaçyp gutulyp bilmersiňiz+. Siz ýigrenýän halkyňyzy ölüme tabşyrdyňyz, indi sizem ölümden gaçyp gutulyp bilmersiňiz+. 7 Men Segiriň daglaryny weýran ederin+, indi ol ýere hiç kim aýak basmaga milt etmez. 8 Daglaryň depesinde jesetler serlip ýatar. Baýyrlaryň, jülgeleriň we çeşme-çaýlaryň boýy gylyçdan geçirilen jesetlerden dolar. 9 Siz hemişelik boşap galarsyňyz. Şäherleriňizde hiç kim ýaşamaz+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“.
10 Siz Ýehowanyň halkynyň arasyndadygyny bilseňiz-de: „Iki halk-da, iki ýurt-da biziňki. Olaryň ikisi-de mülkümiz bolar“+ diýdiňiz. 11 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn! Siz halkymy ýigrenip, göriplik etdiňiz; oňa gahar-gazap bilen sütem etdiňiz+. Oňa edenleriňizi öz başyňyzdan indererin. Size höküm çykaryp, halkyma özümi tanadaryn. 12 Şonda siz Ysraýyl daglaryny kemsidip: „Olar weýran edildi, biz olary ýalmap ýuwudarys“ diýen sözleriňizi meniň, Ýehowanyň eşidendigimi bilersiňiz. 13 Siz tekepbirlik edip, meni ýaňsyladyňyz, köp kemsitdiňiz+. Men ählisini eşitdim“.
14 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men sizi weýran edenimde, älem-jahan begener. 15 Siz Ysraýyl öýüniň mirasy dargadylanda begendiňiz. Indi özüňizem şol güne düşersiňiz+. Segir daglary, edom halky, sizi weýran ederin+. Şonda halklar meniň Ýehowadygymy bilerler“».
36 Ynsan ogly, Ysraýyl daglary hakda pygamberlik edip, şeýle diý: «Ysraýyl daglary, Ýehowanyň sözüni diňläň! 2 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Siz barada duşmanyňyz: „Bagtymyz çüwdi! Gadymy depeler mülkümiz boldy!“+ diýipdi“.
3 Şonuň üçin pygamberlik edip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Olar çar tarapdan üstüňize çozup, sizi dargatdy. Siz aman galan milletleriň oljasy bolduňyz. Il-gün gepiňizi edip, töhmet atdy+. 4 Ysraýyl daglary, Älemiň Hökümdary Ýehowanyň sözüni diňläň! Älemiň Hökümdary Ýehowa dag-depelere, çeşme-çaýlara, jülgelere, harabalyklara+ we boşap galan şäherlere ýüzlenýär. Şol şäherleri aman galan milletler talap, masgara edipdi+. 5 Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men gahar-gazap* bilen+ aman galan milletleri we Edomy höküm ederin. Olar meni äsgermediler, ýurdumy mülk edip alan ýaly heşelle kakdylar+. Öri meýdanlarymy talap, ele geçirmek islediler“+.
6 Ysraýyl ýurdy hakda pygamberlik edip, dag-depelere, çeşme-çaýlara hem-de jülgelere Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men sizi kemsiden milletlere+ gahar-gazap bilen käýärin.
7 Elimi galdyryp ant içýärin, goňşy halklar kemsidiler — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar+. 8 — Eý Ysraýyl daglary, agaçlaryňyz gülläp öser, halkyma köp miwe berer+. Sebäbi ysraýyl halkym tizden dogduk mekanyna dolanar. 9 Men siziň ýanyňyzda bolaryn. Size nazar salaryn, ýerleriňiz sürler, ekin ekiler. 10 Men ilatyňyzy artdyraryn, bütin ysraýyl halkyny köpelderin. Haraba bolup ýatan galalar dikeldilip+, ilatly bolar+. 11 Men siziň halkyňyzy we mal-garaňyzy köpelderin+; olar köpelip, sansyz-sajaksyz bolar. Ýurduňyz edil öňki ýaly ilatly bolar+, has-da gülläp öser+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 12 Eý Ysraýyl daglary, ysraýyl halkym sizde ýaşar, size eýe çykar+, siz olaryň mirasy bolarsyňyz. Indi olary çagalaryndan mahrum etmersiňiz“+.
13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Olar size: „Halkyny gyryp, çagalaryny elinden alýan ýurt“ diýýärler. 14 Indi siz halkyňyzy gyrmarsyňyz, çagalaryny elinden almarsyňyz — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 15 — Mundan beýläk halklar sizi kemsitmez, üstüňizden gülmez+. Siz indi halkymy heläk etmersiňiz“. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
16 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 17 «Ynsan ogly, ysraýyl halky öz topragynda ýaşaýarka, ýörän ýollary, eden işleri bilen ýurdy haram etdi+. Aýbaşy gelen günleri aýalyň haram bolşy ýaly, olar hem meniň nazarymda haram boldular+. 18 Olar ýurdy gara gana boýap, nejis butlary* bilen haram etdiler. Şonuň üçin men olaryň üstüne gahar-gazabymy dökdüm+. 19 Olary halklaryň arasyna dargatdym, ýurtlaryň arasyna pytratdym+, ýörän ýollaryna we eden işlerine görä höküm etdim. 20 Milletler olary görüp: „Serediň, Ýehowanyň halky gelýär! Olar watanyndan kowuldy“ diýip, meniň mukaddes adyma dil ýetirdiler+. 21 Ysraýyllar baran ýurdunda adyma ysnat getirýärdi, emma men mukaddes adymy goraryn“+.
22 Şonuň üçin ysraýyl halkyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ysraýyl halky (siz baran ýurduňyzda adyma ysnat getirdiňiz), men siziň hatyraňyza däl-de, öz mukaddes adymyň hatyrasyna sizi halas ederin+. 23 Siz halklaryň arasynda beýik adyma ysnat getirdiňiz, ýöne men masgara edilen adymy hökman aklaryn+. Şonda halklar meniň Ýehowadygymy bilerler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Men siz arkaly halklaryň gözüniň alnynda mukaddes Hudaýdygymy görkezerin. 24 Sizi halklaryň arasyndan we ähli ýurtlardan ýygnap, dogduk mekanyňyza getirerin+. 25 Üstüňize tämizlik suwundan seperin, şonda siz arassa bolarsyňyz+. Sizi ähli haram işleriňizden, ähli nejis butlaryňyzdan+ arassalaryn+. 26 Size päk ýürek bererin+, aň-düşünjäňizi täzelärin+. Gursagyňyzdan daş ýaly ýüregi çykaryp+, ýumşak* ýürek bererin. 27 Men siziň üstüňize ruhumy indererin. Şonda kada-kanunlaryma tabyn bolarsyňyz+, permanlaryma gulak asarsyňyz, olary berjaý edersiňiz. 28 Şonda ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz. Siz meniň halkym bolarsyňyz, menem siziň Hudaýyňyz bolaryn“+.
29 Sizi ähli haram işleriňizden tämizlärin. Topraga bol galla hasylyny berdirerin, gaýdyp açlyk çekmersiňiz+. 30 Siz indi açlyk çekip, milletleriň arasynda masgara bolmaz ýaly, agaçlara köp miwe berdirerin, ekiniň hasylyny bol ederin+. 31 Şonda siz erbet ýoluňyzy we pis işleriňizi ýatlarsyňyz. Günäleriňiz we nejis däp-dessurlaryňyz* sebäpli özüňizi ýigrenersiňiz+. 32 Emma bilip goýuň, muny siziň hatyraňyz üçin etmeýärin+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Eý ysraýyl halky, ýörän ýollaryňyza utanyň, ýüzüňiz gyzarsyn.
33 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sizi günäleriňizden tämizlän günüm haraba bolup ýatan galalaryňyzy täzeden dikeldip+, ilatly ederin+. 34 Ötegçileriň öňünde takrap ýatan ýerleri ekin-dikinli ederin. 35 Şonda adamlar: „Haraba ýurt Erem bagy+ ýaly bolupdyr! Weýran edilen, takrap ýatan, ýer bilen ýegsan bolan galalar dikeldilip, ilatly ýurda öwrülipdir!“+ diýerler. 36 Aman galan goňşy halklar ýykylany dikeldýäniň, harabalygy gülzarlyga öwürýäniň mendigimi, Ýehowadygymy bilerler. Muny men, Ýehowa aýdýar. Aýdanym ýerine ýeter“+.
37 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Şonda men ysraýyl halkymyň: „Bizi süri kimin köpeldäý!“ diýen dilegini kabul ederin. 38 Baýramçylyklarda+ mukaddes halkyň, topar-topar adamlaryň* Iýerusalimi dolduryşy ýaly, weýran bolan galalar hem adamlardan dolar+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“».
37 Ýehowanyň ruhy meniň üstüme indi. Ýehowanyň ruhy meni alyp gitdi-de, jülgäniň ortasynda duruzdy+. Ol ýer süňklerden doludy. 2 Ol meni süňkleriň arasyndan ýöretdi. Jülgede ýatan süňkler gus-gurudy+, sany-sajagy ýokdy. 3 Ol menden: «Ynsan ogly, süňkler janlanyp bilermi?» diýip sorady. Men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, muny sen gowy bilýärsiň»+ diýdim. 4 Ol maňa şeýle diýdi: «Süňkler hakda pygamberlik edip şeýle diý: „Gury süňkler, Ýehowanyň sözüni diňläň!
5 Älemiň Hökümdary Ýehowa süňklere şeýle diýýär: „Men size ýaşaýyş demini üflärin, siz direlersiňiz+. 6 Size siňir bilen et bitirerin, daşyňyzy deri bilen örtüp, içiňize ýaşaýyş demini üflärin. Şonda siz direlersiňiz, meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“».
7 Men aýdylyşy ýaly pygamberlik etdim. Pygamberlik edip durkam, goh turup, şakyrdy eşidildi. Süňkler biri-birine birleşmäge başlady. 8 Soňra olara siňir bilen et bitdi, daşyny deri örtdi. Ýöne olaryň hiç birinde ýaşaýyş demi ýokdy.
9 Alla maňa şeýle diýdi: «Şemala pygamberlik et. Ynsan ogly, şemala pygamberlik edip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eý şemal*, çar tarapdan gelip, öldürilen adamlaryň üstünden öwüs. Goý, olar direlsin!“»
10 Men aýdylyşy ýaly pygamberlik etdim. Olara ýaşaýyş demi girdi, olar direlip, uly goşun kimin aýak üstüne galdylar+.
11 Alla maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, olar ysraýyl halkynyň süňkleridir+. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi+. Biz bar zadymyzdan mahrum bolduk“ diýýärler. 12 Sen olara pygamberlik edip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eý halkym, men mazarlary açyp+, sizi çykararyn we Ysraýyl ýurduna getirerin+. 13 Eý halkym, men mazarlary açyp, sizi çykaranymda, meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“+. 14 Siziň üstüňize ruhumy indererin, siz direlersiňiz+, watanyňyzda ýaşarsyňyz. Şonda siz muny meniň, Ýehowanyň aýdandygymy, sözümde durandygymy bilersiňiz — muny Ýehowa aýdýar».
15 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 16 «Ynsan ogly, bir taýak alyp, ýüzüne: „Ýahudanyň we ýanyndaky* ysraýyl halkynyň taýagy“+ diýip ýaz; soňra başga bir taýagy alyp: „Ýusubyň, ýagny Efraýymyň we ýanyndaky ysraýyl halkynyň taýagy“+ diýip ýaz. 17 Olar bir taýak bolar ýaly, bir-birine birleşdir+. 18 Ildeşleriň manysyny sorasa, 19 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men Efraýymyň elindäki Ýusubyň we ýanyndaky ysraýyl taýpalarynyň taýagyny alyp, Ýahudanyň taýagy bilen birleşdirerin. Olary bir taýak ederin+, olar meniň elimde bir bolar“. 20 Halk ýazgyly taýaklary görer ýaly, olary eliňde sakla.
21 Soňra olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Dargan ysraýyllary halklaryň arasyndan alyp gaýdaryn. Olary dumly-duşdan ýygnap, watanyna getirerin+. 22 Olary Ysraýyl daglarynda, watanynda bir halk ederin+. Olaryň bir patyşasy bolar+, indi olar iki halk, aýry iki patyşalyk bolmaz+. 23 Olar nejis butlary*, ýigrenji, günäli işleri* bilen haram bolmazlar+. Men biwepa halkymy ähli günälerinden arassalaryn, olary tämizlärin. Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn+.
24 Gulum Dawut olaryň patyşasy bolar+. Olaryň bir çopany bolar+. Olar hökümlerimi berjaý edip, kada-kanunlarym boýunça ýaşarlar+. 25 Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ata-babalarynyň ýurdunda ebedi ýaşarlar+, olaryň özleri, çagalary we agtyklary+ şol ýurtda ýaşar+. Gulum Dawut olara ebedilik baştutan bolar+.
26 Men olar bilen parahatlyk ähtini baglaşaryn+, ol ebedilik dowam eder. Olary ýurtlaryna gaýtaryp getirerin, sanlaryny artdyraryn+. Olaryň ýurdunda mukaddes mekanym hemişe durar. 27 Çadyrymy olaryň ýurdunda dikerin. Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn+. 28 Olaryň ýurdunda mukaddes mekanym hemişe durar. Şonda halklar ysraýyl halkyny mukaddes edýäniň Ýehowadygyny bilerler“»+.
38 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Meşeh bilen Tubalyň+ baştutany, Mäjit ýurdundaky+ Äjide seredip pygamberlik et+. 3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Meşeh bilen Tubalyň baştutany Äjit, men saňa garşy söweşerin. 4 Seni yzyňa öwrerin. Äňiňe çeňňek ildirip+, seni, ähli esgerleriňi, ägirt uly goşunyňy+, atlaryňy, gylyjyny gynyndan çykaran, eline ululy-kiçili galkan alan, at münýän batyr esgerleriňi söweş meýdanyna çagyraryn. 5 Eli galkanly we başy tuwulgaly Pars, Efiopiýa, Put+ hem olaryň ýanynda bolar. 6 Gomer goşunlary bilen, uzak demirgazykdan Togarmah+ goşunlary bilen — ençeme halklar seniň ýanyňda bolar+.
7 Sen biliňi berk guşap, goşunyň bilen taýýar bol! Sen olara baştutanlyk edersiň.
8 Seni köp günler geçensoň çagyraryn. Ençeme ýyldan bir halka hüjüm edersiň. Olar uzak wagtlap boş ýatan Ysraýyl daglarynda ýaşaýar. Olar dürli milletlerden ýygnanan, halklaryň arasyndan çykarylan we asuda ýaşaýan adamlardyr+. 9 Sen halklaryň we goşunlaryň bilen olaryň üstüne tüweleý kimin çozarsyň, tutuş ýurdy bulut kimin gaplarsyň“.
10 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Şol gün seniň aňyňa köp pikir geler, zalymlyk bilen hile gurarsyň. 11 Sen: „Goragsyz obalara çozaýyn+. Diwarsyz, derwezesiz we kiltsiz obalarda arkaýyn ýaşaýan halkyň üstüne hüjüm edeýin“ diýip, 12 dürli milletlerden ýygnalan+ we haraba ýurdy dikeldip ýaşaýan halka+ hüjüm edersiň. Ýer ýüzüniň ortarasynda ýaşaýan juda baý, mal-mülkli halky talap+, olja almak islärsiň.
13 Şeba+, Dedan+, Tarşyşyň+ söwdagärleri we goç ýigitleri saňa: „Ýurdy talap, olja almak üçin uruşýarsyňmy? Altyn-kümüş, baýlyk we mal-mülk talap, köp olja almak üçin goşun ýygnadyňmy?“ diýerler.
14 Ynsan ogly, pygamberlik edip, Äjide Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Şol gün halkym ysraýylyň arkaýyn ýaşaýandygyny görersiň+. 15 Sen öz mekanyňdan, uzak demirgazykdan+ gelersiň. Sen ençeme halklar bilen, atly ýigitler, beýik millet we ägirt uly goşun bilen gelersiň+. 16 Sen Ysraýyla hüjüm edip, ýurdy bulut kimin gaplarsyň. Eý Äjit, soňky günlerde seni halkymyň üstüne çozduraryn+. Sen arkaly halklara mukaddes Hudaýdygymy görkezerin. Şonda halklar meniň kimdigimi bilerler“+.
17 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Gadymy günlerde ýaşan Ysraýyl pygamberleri arkaly sen hakda aýdypdym. Olar seniň Ysraýyl topragyna hüjüm etjekdigiň hakda köp ýyl pygamberlik edipdiler.
18 Şol gün, Äjidiň Ysraýyla çozan güni — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar — gaharym ot bolup tutaşar+. 19 Men gahar-gazap* bilen geplärin welin, şol gün Ysraýylda güýçli ýertitreme bolar. 20 Deňiz balyklary, asman guşlary, çöl haýwanlary, ýer ýüzüniň süýrenijileri we ynsan ogullary menden gorkup titreşerler, daglar hem gaýalar ýumrular+, diwarlar ýer bilen ýegsan bolar“.
21 Men ähli daglarymda Äjit bilen gylyçly söweşerin — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Her bir adam öz doganyna garşy gylyç galdyrar+. 22 Men oňa çykaran hökümimi ýerine ýetirerin. Onuň-da, goşunlarynyň-da, halklarynyň-da başyndan+ gyrgynçylyk*+ bilen ölüm, çabga bilen jöwenek*+, ot bilen+ kükürt+ ýagdyraryn. 23 Men köp milletleriň öňünde özümi tanadaryn. Meniň şöhratly we mukaddes Hudaýdygymy görerler. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“.
39 Ynsan ogly, Äjide+ garşy pygamberlik et. Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Meşeh bilen Tubalyň+ baştutany Äjit, men saňa garşy söweşerin. 2 Seni yzyňa öwrerin. Uzak demirgazykdan çykaryp+, Ysraýyl daglaryna getirerin. 3 Çep eliňdäki ýaýyňy, sag eliňdäki okuňy urup gaçyraryn. 4 Sen Ysraýyl daglarynda heläk bolarsyň+. Sen-de, ähli goşunlaryň-da, halklaryň-da heläk bolar. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara şam ederin“+.
5 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar: „Sen açyk meýdanda ölersiň+, sebäbi muny men aýdýaryn.
6 Men Mäjidiň we adalaryň asuda ýaşaýan halkynyň üstüne ot ibererin+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler. 7 Ysraýyl halkyma mukaddes adymy tanadaryn; mundan beýläk mukaddes adyma dil ýetirtmerin. Şonda halklar Ysraýylda Mukaddes Hudaýyň+ mendigimi, Ýehowadygymy bilerler+.
8 Pygamberlik amala aşar, ol gün hökman geler! Men şol gün hakda öňünden aýdypdym — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 9 — Ysraýyl şäherleriniň ilaty daşary çykyp, ýaraglary ýakarlar. Ululy-kiçili galkanlary, ýaýlary, peýkamlary, serdesseleri*, naýzalary üýşürip ýakarlar+. Ýaraglary ýedi ýyllap ýakarlar. 10 Olar çölden ojar ýygmazlar, tokaýdan odun daşamazlar, sebäbi ýaraglar odun bolar.
Olar özlerini talanlary talarlar, olja alanlardan olja alarlar. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
11 Şol gün men Äjit+ üçin Ysraýylda, deňziň gündogar tarapyndaky derede mazar gazaryn. Ol ýerden köp ýolagçylar geçerdi, indi bolsa hiç kim geçmez, sebäbi şol derede Äjit goşuny bilen jaýlanar. Adyna Hamon-Äjit deresi*+ diýerler. 12 Ysraýyl halky ýurdy arassalamak üçin ýedi aýlap jesetleri gömer+. 13 Ýurduň bütin ilaty olary jaýlap, şöhrat gazanarlar. Menem şol gün şöhratlanaryn+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
14 Bütin ýurdy arassalamak üçin, ýurduň içine aýlanyp, galan-gaçan jesetleri gömjek adamlary bellärin. Olar ýedi aýlap ýurda aýlanarlar. 15 Ýurduň içini aýlanýanlar adam süňküni görüp, ýanyna bellik goýarlar. Soňra gölegçiler* süňkleri Hamon-Äjit deresinde+ gömerler, 16 ýanynda Hamona* atly şäher hem bolar. Olar tutuş ýurdy arassalarlar“+.
17 Ynsan ogly, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Dürli guşlara we ýabany haýwanlara jar et: „Geliň, üýşüň! Siziň üçin beriljek gurbanlygyma geliň. Ysraýyl daglarynda beriljek uly gurbanlyga+ geliň. Siz et iýip, gan içersiňiz+. 18 Siz ýer ýüzüniň batyr esgerleriniň etini iýersiňiz, baştutanlarynyň ganyny içersiňiz. Olaryň ählisi Başanyň baga bakylan mallary: goçlary, guzulary, geçileri we öküzleridir. 19 Siz üçin soýlan gurbanlyk malynyň ýagyndan gerk-gäbe bolýançaňyz iýiň, ganyndan serhoş bolýançaňyz içiň.
20 Siz meniň saçagymdan atlaryň, arabakeşleriň, batyr ýigitleriň we esgerleriň etini iýip doýarsyňyz+. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
21 Ähli halklaryň arasynda özümi şöhratlandyraryn. Ähli milletlere çykaran hökümimi we güýçli golumy görkezerin+. 22 Şol günden başlap ysraýyl halky meniň Ýehowadygymy, olaryň Hudaýydygymy biler. 23 Ysraýyl halkynyň eden günäsi we dönükligi üçin+ sürgün edilendigini ähli milletler bilerler. Şonuň üçin ysraýyl halkyndan ýüz öwrüp+, olary duşman eline tabşyrdym+, ählisini gylyç bilen gyrdym. 24 Olara haram işlerine we günälerine görä jeza berip, olardan ýüz öwürdim“.
25 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ýakubyň ýesir düşen adamlaryny gaýtaryp getirerin+, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin+. Mukaddes adymy gabanjaňlyk bilen goraryn*+. 26 Olar maňa dönüklik edip, masgara boldular+. Indi olar öz ýurdunda asuda ýaşarlar, hiç kim olary gorkuzmaz+. 27 Olary halklaryň arasyndan ýygnaryn, duşmanlaryň ýurdundan yzyna getirerin+. Ysraýyllara rehim edip, köp milletleriň öňünde mukaddes Hudaýdygymy äşgär ederin+.
28 Olary halklaryň arasyna sürgün edipdim. Indi olaryň hiç birini galdyrman watanyna getirerin+. Şonda meniň Ýehowadygymy, olaryň Hudaýydygymy bilerler. 29 Ysraýyl halkynyň üstüne ruhumy indererin+, indi olardan ýüz öwürmerin“+. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
40 Iýerusalim şäheriniň ýykylanynyň 14-nji ýylynda+, sürgüniň 25-nji ýylynda+, birinji aýyň onuna Ýehowanyň ruhy üstüme inip, meni şähere alyp gitdi+. 2 Ruh meni görnüş* arkaly Ysraýyl ýurduna getirip, bir beýik dagyň+ üstünde duruzdy. Şonda men günorta tarapda şähere meňzeş bir binany gördüm.
3 Ruh meni ol ýere eltende, daş keşbi mis ýaly ýalpyldaýan+ birini gördüm. Onuň elinde zygyrdan* işilen ýüp we ölçeg taýagy* bardy+. Ol derwezehananyň* öňünde durdy. 4 Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, syn et, dykgatly diňle, görkezjek zatlaryma ünsli bol. Sen şonuň üçin bärik getirildiň. Görkezjek zatlarymy ysraýyl halkyna gürrüň ber»+.
5 Ybadathananyň daş-töwereginde diwar bardy. Ol adamyň elindäki ölçeg taýagynyň uzynlygy alty tirsekdi (her tirsek adaty tirsekden dört barmak uzyndy)*. Ol diwary ölçäp başlady, galyňlygy bir taýak, beýikligi bir taýak çykdy.
6 Soňra ol gündogar tarapa bakyp duran derwezehana+ gelip, basgançaklardan ýokary çykdy. Ol derwezäniň bosagasynyň inini ölçedi, onuň ini bir taýak çykdy. Beýleki bosaganyň hem ini bir taýakdy. 7 Garawulhanalaryň+ her biriniň uzynlygy bir taýak, ini bir taýakdy. Olaryň arasy bäş tirsekdi. Derwezehananyň ybadathana bakýan eýwany bardy. Eýwanyň ýanyndaky bosaganyň ini bir taýakdy.
8 Ol adam derwezehananyň ybadathana bakyp duran eýwanyny ölçände, ol bir taýak çykdy. 9 Soňra ol derwezehananyň eýwanyny ölçedi, ol sekiz tirsek çykdy. Onuň gapdal sütünlerini ölçedi, olar iki tirsek çykdy. Derwezehananyň eýwany ybadathana bakyp durdy.
10 Gündogar derwezehananyň her tarapynda üç garawulhana bardy. Olaryň ählisiniň ölçegi deňdi, gapdal sütünleriniň hem ölçegi deňdi.
11 Ol derwezehananyň girelgesiniň inini ölçedi, ol 10 tirsek çykdy. Derwezäniň uzynlygyny ölçedi, ol 13 tirsek çykdy.
12 Garawulhanalaryň haýady bir tirsek öňe çykyp durdy. Derwezehananyň her tarapyndaky garawulhanalarynyň ölçegi alty tirsekdi.
13 Ol derwezehananyň bir garawulhanasynyň diwaryndan beýlekisiniň diwaryna çenli ölçedi, onuň ini 25 tirsek çykdy. Garawulhanalaryň gapysy biri-birine bakyp durdy+. 14 Soňra ol gapdal sütünleri ölçedi, olaryň beýikligi 60 tirsek çykdy. Şeýle-de ol howlynyň daş-töweregindäki derwezehanalarynyň sütünlerini hem ölçedi. 15 Derwezehananyň girelgesinden ybadathana bakyp duran eýwanynyň aňrybaşyna çenli bolan uzynlyk 50 tirsekdi.
16 Derwezehanalaryň iki tarapyndaky garawulhanalarda-da, gapdal sütünlerinde-de inçelip gidýän penjireler+ bardy. Eýwanyň her tarapynda penjireler bardy. Gapdal sütünlerinde palma agajynyň şekilleri+ bardy.
17 Soňra ol meni daşky howla getirdi. Ol ýerde naharhanalary+ gördüm. Howlynyň iç tarapyna ýanýoda çekilendi. Ýodanyň üstünde 30 sany naharhana bardy. 18 Derwezehanalaryň gapdalyndan uzalyp gidýän ýanýodanyň ini, olaryň uzynlygyna deňdi. Ol aşaky ýanýodady.
19 Soňra ol aşaky derwezehanadan içki howlynyň derwezehanasyna çenli aralygy ölçedi. Demirgazyk derwezehanalaryň-da, gündogar derwezehanalaryň-da aralygy 100 tirsek çykdy.
20 Daşky howlynyň demirgazyga bakýan derwezehanasy bardy. Ol derwezehananyň uzynlygyny we inini ölçedi. 21 Onuň her tarapynda üç sany garawulhana bardy. Onuň sütünleriniň we eýwanynyň ölçegi birinji derwezehananyň ölçegine deňdi. Onuň uzynlygy 50 tirsek, ini 25 tirsekdi. 22 Demirgazyk derwezehananyň penjireleri, eýwany, palma agajynyň şekilleri+ gündogar derwezehananyňky bilen birmeňzeşdi. Oňa ýedi basgançak bilen çykylýardy we olar eýwana alyp barýardy.
23 Içki howlynyň derwezehanasynyň biri daşky howlynyň demirgazyk derwezehanasyna, beýlekisi bolsa daşky howlynyň gündogar derwezehanasyna bakýardy. Ol biri-birine garşy duran iki derwezehananyň arasyny ölçände, 100 tirsek çykdy.
24 Soňra ol meni günorta tarapa alyp gitdi. Men günortada hem bir derwezehana+ gördüm. Ol onuň hem gapdal sütünlerini we eýwanyny ölçedi. Olaryň ölçegi-de beýlekileriňki bilen deňdi. 25 Derwezehananyň we eýwanynyň iki tarapynda hem penjireler bardy. Penjireler beýlekileriňkä meňzeşdi. Derwezehananyň uzynlygy 50 tirsek, ini 25 tirsekdi. 26 Onuň ýedi basgançagy bardy, olar eýwana alyp barýardy+. Onuň her tarapyndaky gapdal sütünlerinde palma agajynyň şekilleri bardy.
27 Içki howlynyň günorta bakyp duran derwezehanasy bardy. Ol günorta tarapdaky iki derwezehananyň arasyny ölçände, 100 tirsek çykdy. 28 Ol meni günorta derwezehanadan içki howla eltdi. Ol günorta derwezehanany ölçände, ol beýleki derwezehanalar bilen deň çykdy. 29 Onuň garawulhanalarynyň, gapdal sütünleriniň we eýwanynyň ölçegi beýlekileriňki bilen deňdi. Derwezehananyň we eýwanynyň her tarapynda penjireler bardy. Derwezehananyň uzynlygy 50 tirsek, ini 25 tirsekdi+. 30 Içki howlynyň derwezehanalarynyň hemmesinde eýwan bardy. Onuň uzynlygy 25 tirsek, ini 5 tirsekdi. 31 Ýöne olaryň eýwany daşky howla bakýardy we onuň gapdal sütünlerinde palma agajynyň şekilleri+ bardy. Eýwana çykylýan sekiz sany basgançak bardy+.
32 Ol meni gündogardan içki howla getirdi. Ol derwezehanany ölçedi, onuň ölçegi beýlekileriňki bilen deňdi. 33 Onuň garawulhanalarynyň, gapdal sütünleriniň we eýwanynyň ölçegi beýlekileriňki bilen deňdi. Derwezehananyň we eýwanynyň her tarapynda penjireler bardy. Derwezehananyň uzynlygy 50 tirsek, ini 25 tirsekdi. 34 Ýöne onuň eýwany daşky howla bakýardy we onuň gapdal sütünlerinde palma agajynyň şekilleri bardy. Eýwana çykylýan sekiz sany basgançak bardy.
35 Ol meni demirgazyk derwezehana+ getirdi we ony ölçedi. Onuň ölçegi beýlekileriňki bilen deňdi. 36 Onuň garawulhanalarynyň, gapdal sütünleriniň we eýwanynyň ölçegi beýlekileriňki bilen deňdi. Derwezehananyň her tarapynda penjireler bardy. Derwezehananyň uzynlygy 50 tirsek, ini 25 tirsekdi. 37 Derwezehananyň sütünleri daşky howla bakýardy we onuň her tarapyndaky gapdal sütünlerinde palma agajynyň şekilleri bardy. Derwezehananyň sekiz sany basgançagy bardy.
38 Derwezehananyň gapdalynda naharhana ýerleşýärdi. Naharhananyň gapysy içki howlynyň sütünlerine bakýardy. Ol ýerde ýakma gurbanlyklary ýuwulýardy+.
39 Demirgazyk derwezehananyň eýwanynyň her tarapynda iki sany stol bardy. Olaryň üstünde ýakma gurbanlyklary+, günä gurbanlyklary+ we ýazyk gurbanlyklary+ soýulýardy. 40 Demirgazyk derwezehananyň basgançagynyň her gapdalynda iki stol bardy. Eýwanynyň her tarapynda hem iki stol bardy. 41 Derwezehananyň daşynda dört sany stol, eýwanynyň içinde hem dört sany stol bardy. Onda jemi sekiz sany stol bardy we olarda gurbanlyk mallary soýulýardy. 42 Ýakma gurbanlygy üçin ulanylýan dört sany stol ýonulan daşdan ýasalandy. Olaryň uzynlygy we ini bir ýarym tirsekdi, beýikligi bir tirsekdi. Olaryň üstünde ýakma gurbanlygyny soýmak üçin gurallar goýulýardy. 43 Içki diwarlara galyňlygy dört barmak bolan tekjeler berkidilendi. Gurbanlyk malynyň eti stollaryň üstünde goýulýardy.
44 Içki derwezehananyň ýanynda aýdymçylaryň+ naharhanalary bardy. Naharhanalar demirgazyk derwezehananyň ýanynda, içki howluda ýerleşip, gapysy günorta bakyp durdy. Gündogar derwezehananyň ýanynda gapysy demirgazyga bakyp duran ýene bir naharhana bardy.
45 Ol maňa şeýle diýdi: «Günorta bakyp duran naharhana ybadathanada gulluk edýän ruhanylaryňkydyr+. 46 Demirgazyga bakyp duran naharhana gurbanlyk ojagynda* hyzmat edýän ruhanylaryňkydyr+. Olar Ýehowanyň huzurynda hyzmat etmek üçin bellenen lewiler+, Sadyk ogullarydyr»+.
47 Ol inedördül görnüşindäki içki howlyny ölçedi, onuň ini 100 tirsek, uzynlygy 100 tirsek çykdy. Gurbanlyk ojagy ybadathananyň öňünde ýerleşýärdi.
48 Soňra ol meni ybadathananyň eýwanyna+ getirdi. Ol eýwanyň girelgesiniň söýelerini ölçedi. Iki söýäniňem galyňlygy bäş tirsek, ini üç tirsekdi. Söýäniň biri çep, beýlekisi sag tarapdady.
49 Eýwanyň uzynlygy 20 tirsek, ini 11* tirsekdi, oňa basgançakdan çykylýardy. Diwaryň söýeleriniň ýanynda sütünler bardy. Hersiniň ýanynda bir sütün bardy+.
41 Soňra ol meni mukaddes otaga* getirdi. Ol mukaddes otagyň girelgesiniň iki gapdal diwaryny ölçedi, onuň ini alty tirsek*, 2 uzynlygy bolsa bäş tirsek* çykdy. Mukaddes otagyň girelgesiniň ini on tirsekdi. Ol mukaddes otagy hem ölçedi, onuň uzynlygy 40 tirsek, ini bolsa 20 tirsek çykdy.
3 Soňra ol içki otaga* girdi we onuň girelgesiniň iki gapdal diwaryny ölçedi. Onuň galyňlygy iki tirsek, uzynlygy ýedi tirsek çykdy. Girelgäniň ini alty tirsekdi. 4 Soňra ol içki otagy ölçedi, onuň uzynlygy 20 tirsek, ini hem 20 tirsek çykdy+. Ol otag mukaddes otaga bakyp durdy. Şonda ol maňa: «Şu iň mukaddes otagdyr»+ diýdi.
5 Soňra ol ybadathananyň diwaryny ölçedi, onuň galyňlygy alty tirsek çykdy. Ybadathananyň daş-töwereginde gurlan otaglaryň ini dört tirsekdi+. 6 Üsti-üstüne gurlan otaglar üç gatdan ybaratdy we her gatynda 30 otag bardy. Otaglaryň pürsleri ybadathananyň daş-töwereginde gurlan daýanç diregleriniň üstünde ýatýardy. Şeýlelikde, pürsler ybadathananyň diwarynyň içine girmeýärdi+. 7 Ybadathananyň iki tarapynda aýlawly basgançak bardy. Ýokarky gata çykdygyňça, basgançak giňelýärdi+. Aşaky gatdan ortaky gata, ol ýerden hem ýokarky gata çykylýardy. Ýokarky gata çykdygyňça, otaglar hem giňelýärdi.
8 Men ybadathananyň berk binýadyň üstünde gurlandygyny gördüm. Gapdal otaglarynyň binýadynyň beýikligi bir ölçeg taýagyna, ýagny alty tirsege deňdi. 9 Gapdal otaglaryň daşky diwarynyň ini bäş tirsekdi. Ybadathananyň gapdal otaglarynyň diwaryna degip duran ýoda bardy.
10 Ybadathana bilen naharhanalaryň+ arasyndaky meýdançanyň ini her tarapdan 20 tirsekdi. 11 Ybadathananyň ýodasyndan gapdal otaglaryna girilýän gapy bardy. Ybadathananyň demirgazygynda bir gapy, günortasynda bir gapy bardy. Ýodanyň ini bäş tirsekdi.
12 Günbatar tarapda ini 70 tirsek, uzynlygy 90 tirsek bir bina bardy. Ol bina meýdança bakyp durdy. Binanyň diwarlarynyň galyňlygy bäş tirsekdi.
13 Ol ybadathanany ölçedi, onuň uzynlygy 100 tirsek çykdy. Meýdançany we binany* diwarlary bilen bile ölçände, 100 tirsek çykdy. 14 Ybadathananyň öňüni, ýagny gündogar tarapyny gapdalyndaky meýdança bilen bile ölçände, ini 100 tirsek çykdy.
15 Ol ybadathananyň arkasyndaky meýdança bakyp duran binany gapdal eýwanlary bilen ölçände 100 tirsek çykdy.
Ol howla bakyp duran eýwany, mukaddes otagy we iň mukaddes otagy ölçedi+. 16 Şeýle-de olaryň bosagalaryny, inçelip gidýän penjirelerini+ we dälizlerini* ölçedi. Otagyň diwarlary aşakdan tä ýokarsyndaky penjirelere çenli agaç bilen örtülendi+. Penjireler hem agaç bilen bezelendi. 17 Ol girelgäniň ýokarsyny, ybadathananyň içini we daşyny, ähli diwarlaryny ölçedi. 18 Keruplaryň+ we palma agaçlarynyň şekilleri+ diwarlaryň ýüzüne haşamlanyp çekilendi*. Palma agajynyň her tarapynda bir kerup bardy. Her kerubyň iki ýüzi bardy. 19 Keruplaryň ynsan ýüzi bir palma agajyna, arslan ýüzi beýleki palma agajyna bakýardy+. Ybadathana tutuşlygyna keruplar we palma agaçlary bilen haşamlanandy. 20 Ybadathana aşagyndan tä ýokarsyna çenli keruplar we palma agaçlary bilen bezelendi.
21 Mukaddes otagyň söýeleri* inedördül görnüşindedi+. Iň mukaddes otagyň öňünde 22 agaçdan ýasalan ojak+ bardy, onuň beýikligi üç tirsek, uzynlygy iki tirsekdi. Her burçy şah görnüşinde ýasalandy. Onuň düýbi we gapdallary agaçdan ýasalandy. Ol adam maňa şeýle diýdi: «Bu Ýehowanyň öňündäki saçakdyr*»+.
23 Mukaddes otagyň we iň mukaddes otagyň goşa gapylary bardy+. 24 Her otagyň dört ganatly goşa gapysy bardy. Gapynyň iki ganaty bir tarapa, beýleki iki ganaty başga tarapa açylýardy. 25 Ybadathananyň diwarynda bolşy ýaly, otaglaryň gapysy hem keruplaryň we palma agajynyň şekilleri bilen haşamlanandy+. Eýwanyň daş ýüzünde agaçdan edilen tejegor* bardy. 26 Ybadathananyň eýwanynyň diwarynda we gapdal otaglarynda inçelip gidýän penjireler+ hem-de palma agajynyň şekilleri bardy. Ybadathananyň tejegory hem palma agajynyň şekili bilen haşamlanandy.
42 Soňra ol meni demirgazyk tarapdaky daşky howla eltdi+. Ol meni meýdançanyň gapdalynda we binanyň demirgazygynda ýerleşýän+ naharhana toplumyna+ getirdi. 2 Onuň demirgazyga bakýan girelgesinden başlap ölçände, uzynlygy 100 tirsek*, ini 50 tirsek* çykdy. 3 Naharhana toplumy içki howlynyň 20 tirseklik+ meýdançasy bilen daşky howlynyň ýanýodasynyň arasynda ýerleşýärdi. Ol ýerde üç gatly iki sany bina bardy we olaryň dälizleri* bir-birine bakýardy. 4 Iki binanyň arasyndan ýol geçýärdi+. Onuň ini 10 tirsek, uzynlygy 100 tirsekdi. Olaryň girelgeleri demirgazyga bakýardy. 5 Naharhanalaryň aşaky we ortaky gatyndaky otaglaryna garanyňda, ýokarky gatyndaky otaglary dardy, sebäbi binanyň köp ýerini dälizler tutýardy. 6 Binalar üç gatlydy, emma olaryň howlynyňky ýaly sütünleri ýokdy. Şol sebäpli ýokarky gatyň otaglary aşaky we ortaky gatdan kiçidi.
7 Daşky howly tarapda ýerleşýän naharhanalaryň gapdalynda daşdan salnan diwar bardy. Diwaryň uzynlygy 50 tirsek bolup, beýleki naharhanalara bakýardy. 8 Daşky howly tarapdaky naharhanalaryň uzynlygy 50 tirsekdi. Ybadathana tarapdaky naharhanalaryň uzynlygy bolsa 100 tirsekdi. 9 Daşky howludan naharhana toplumyna girer ýaly gündogardan girelge bardy.
10 Günortada hem naharhana toplumy bardy. Ol binanyň we meýdançanyň gapdalynda ýerleşýärdi. Onuň gündogarynda, daşky howly bilen araçäginde daşdan salnan diwar bardy+. 11 Demirgazyk tarapdaky naharhanalarda bolşy ýaly, olaryň hem arasyndan ýol geçýärdi+. Olaryň uzynlygy we ini, girelgeleri hem gurluşy birmeňzeşdi. Demirgazykdaky naharhanalaryň girelgeleri 12 günortadaky naharhanalaryň girelgelerine meňzeşdi. Gündogar tarapdaky daşdan salnan diwaryň gapysyndan giren badyňa+ ýol başlanýardy.
13 Soňra ol maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň ýanynda ýerleşýän demirgazykdaky we günortadaky naharhanalar mukaddesdir+. Ol ýerde Ýehowanyň huzuryna gelýän ruhanylar iň mukaddes gurbanlyklary iýýärler+. Olar iň mukaddes gurbanlyklary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny şol ýerde goýýarlar. Sebäbi ol ýer mukaddes ýerdir+. 14 Ruhanylar hyzmat edenlerinde geýýän geýimlerini çalyşman mukaddes otaglardan daşky howla çykmaly däldirler, sebäbi olaryň geýimleri+ mukaddesdir. Olar halkyň ýanyna çykmazdan öň, başga geýim geýmelidir».
15 Ol ybadathanany ölçäp bolansoň, meni gündogar derwezehanadan*+ daşary çykardy we bütin daş-töweregi ölçedi.
16 Ol gündogar tarapy ölçeg taýagy* bilen ölçedi. Onuň uzynlygy 500 ölçeg taýagyna deňdi.
17 Ol demirgazyk tarapy ölçeg taýagy bilen ölçedi. Onuň uzynlygy 500 ölçeg taýagyna deňdi.
18 Ol günorta tarapy ölçeg taýagy bilen ölçedi. Onuň uzynlygy 500 ölçeg taýagyna deňdi.
19 Ol günbatar tarapy ölçemäge gitdi. Onuň uzynlygy 500 ölçeg taýagyna deňdi.
20 Ol dört tarapy hem ölçedi. Onuň daş-töweregine diwar aýlanandy+. Diwaryň uzynlygy-da, ini-de 500 ölçeg taýagyna deňdi+. Diwar mukaddes ýeri adaty ýerden bölýärdi+.
43 Soňra ol meni gündogar derwezehana*+ getirdi. 2 Ol ýerde men Ysraýyl Hudaýynyň şöhratyny gördüm+. Onuň sesi şaglap akýan suwuň güwwüldisi ýalydy+, şöhraty ýer ýüzüne nur saçýardy+. 3 Şonda men ýere ýüzin ýykyldym. Men* şeýle görnüşi* şäheri weýran etmäge gelenimde-de*, Kebar derýasynyň ýakasynda-da görüpdim+.
4 Soňra Ýehowanyň şöhraty gündogar derwezehanadan+ ybadathana girdi. 5 Ruh meni ýokary göterip, içki howla getirdi. Ybadathana Ýehowanyň şöhratyndan doldy+. 6 Şonda ybadathanadan biri maňa söz gatdy, soňra gelip, ýanymda durdy+. 7 Ol maňa şeýle diýdi:
«Ynsan ogly, bäri meniň tagtym+, aýagymy basan ýerim+. Men şu ýerde, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik bolaryn+. Mundan beýläk biwepa* ysraýyl halky we onuň patyşalary butlara sežde edip* mukaddes adyma ysnat getirmezler+. 8 Olar buthanalaryny ybadathanamyň* ýanynda, gapylarynyň söýelerini söýelerimiň ýanynda gurdular (aramyzy ýekeje diwar bölýärdi)+, ýigrenji işleri bilen mukaddes adyma ysnat getirdiler. Şol sebäpli men gahar atyna atlanyp, olary ýok etdim+. 9 Olar biwepalyk etmeseler, butlary huzurymdan aýyrsalar, men olaryň arasynda ebedilik bolaryn+.
10 Ynsan ogly, ysraýyl halky eden günäleri üçin utanar ýaly+, olara ybadathana hakda gürrüň ber+. Goý, olar ybadathananyň taslamasyny öwrensinler. 11 Eger olar eden günäleri üçin utansalar, olaryň öňünde ybadathananyň taslamasyny çyz. Olara ybadathananyň gurluşyny, girelgelerini, çykalgalaryny, taslamasyny, çyzgylaryny we kanunlaryny görkez+. Goý, olar ybadathananyň taslamasyny ünsli öwrenip, kanunlaryny berjaý etsinler+. 12 Ybadathana babatdaky kanun şeýledir: dagyň depesi mukaddesdir+. Ybadathana babatdaky kanun şeýledir.
13 Gurbanlyk ojagynyň* tirsek bilen ölçenilişi+ şeýledir: birinji gatlagynyň beýikligi bir tirsekdir (her tirsek adaty tirsekden dört barmak uzyndyr)*, ol ikinji gatlakdan bir tirsek inlidir. Birinji gatlagyň gyrasyndan bir garyş* beýiklikde erňek* aýlanýandyr. Gurbanlyk ojagynyň düýbüniň ölçegi şeýledir. 14 Birinji gatlagynyň üstünde beýikligi iki tirsek bolan ikinji gatlak bardyr. Ol hem üçünji gatlakdan bir tirsek inlidir. Üçünji gatlagynyň beýikligi dört tirsekdir. Ol hem ýokarsyndaky gatlakdan bir tirsek inlidir. 15 Gurbanlyk ojagynyň ot ýakylýan ýeriniň beýikligi dört tirsekdir. Ýokarky dört burçunda dört şah bardyr+. 16 Gurbanlyk ojagynyň ot ýakylýan ýeri inedördül görnüşinde bolup, uzynlygy 12 tirsek, ini 12 tirsekdir+. 17 Üçünji gatlagyň uzynlygy 14 tirsek, ini 14 tirsekdir. Onuň gyrasynda ýarym tirsek beýiklikde erňek aýlanýandyr. Gurbanlyk ojagynyň birinji gatlagy dört tarapyndan hem bir tirsek öňe çykyp durandyr.
Onuň basgançagy gündogar tarapdadyr».
18 Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar: „Gurbanlyk ojagy gurlanda şu görkezmä eýerilmeli, şonda tutuşlygyna ýakma gurbanlygy getiriler, ojagyň üstüne gan sepiler+.
19 Sadyk ogullaryna, huzurymda hyzmat edýän lewi ruhanylaryna+ günä gurbanlygy+ üçin sürüden bir öküzçäni beriň“. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýandyr. 20 „Öküzçäniň ganyndan alyp, gurbanlyk ojagynyň dört şahyna, üçünji gatlagyň dört burçuna we daş-töweregindäki erňegine çalyp çykyň. Şeýdip, ony arassalaň we günäden tämizläň+. 21 Soňra günä gurbanlygy üçin öküzçäni getiriň. Ruhanylar ybadathanadan çykyp, ony ýörite görkezilen ýerde ýaksynlar+. 22 Ikinji güni günä gurbanlygy üçin şikessiz bir tekäni getiriň. Ruhanylar gurbanlyk ojagyny öküzçäniň gany bilen günäden tämizleýişleri ýaly, tekäniň gany bilen hem günäden tämizlesinler.
23 Gurbanlyk ojagyny günäden tämizläniňizden soň, sürüden şikessiz öküzçäni we şikessiz goçy gurbanlyk beriň. 24 Gurbanlyklary Ýehowanyň huzuryna getiriň. Goý, ruhanylar olary duzlap+, Ýehowa ýakma gurbanlygy hökmünde bersinler. 25 Ýedi günüň dowamynda her gün günä gurbanlygy üçin süriňizden bir öküzçäni, goçy we tekäni gurbanlyk beriň+. Olar şikessiz bolmalydyr. 26 Ruhanylar ýedi günläp gurbanlyk ojagyny günäden arassalar, tämizlär, soňra gurbanlyk ojagy ulanmaga berler. 27 Ýedi gün geçenden soň, sekizinji gün+ ruhanylar siziň ýakma we parahatlyk gurbanlyklaryňyzy gurbanlyk ojagynda ýakarlar. Şonda men sizden razy bolaryn“+. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».
44 Ol meni yzyma getirip, daşky howlynyň gündogar derwezehanasyna* eltdi+. Onuň derwezesi ýapykdy+. 2 Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Onuň derwezesi ýapyk durar, açylmaz we hiç bir ynsan girip bilmez. Ol ýerden Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň geçendigi üçin+ derweze ýapyk durmalydyr. 3 Halkyň baştutany bolsa şol ýerde oturyp, Ýehowanyň huzurynda çörek iýer+, sebäbi ol baştutan. Ol derwezehananyň eýwanyndan girip çykar»+.
4 Soňra ol meni demirgazyk derwezehanadan ybadathananyň öňüne eltdi. Men Ýehowanyň ybadathanasynyň Ýehowanyň şöhratyndan doludygyny görüp+, ýere ýüzin ýykyldym+. 5 Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, ünsli bol we syn et! Ýehowanyň ybadathanasy hakda aýtjak tabşyryklarymyň we kanunlarymyň ählisini ünsli diňle. Ybadathananyň girelgelerine we çykalgalaryna ünsli bol+. 6 Gozgalaňçy ysraýyllara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ysraýyl halky, ýigrenji işleriňizden* el çekiň. 7 Siz päliýaman* we sünnetsiz ýat halky mukaddes mekanyma getirip, ybadathanamy haram edýärsiňiz. Siz ýigrenji işleri* edip ähtimi bozup-da, maňa çörek, malyň ýagyny we ganyny getirýärsiňiz. 8 Siz mukaddes zatlarymy äsgermezçilik edýärsiňiz+. Ybadathanadaky borçlaryňyzy başgalara tabşyrýarsyňyz“.
9 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýylda ýaşaýan päliýaman*, sünnetsiz, başga milletli adam ybadathana girmez.
10 Ysraýyl halky nejis butlara* sežde edip, menden ýüz dönderende, lewiler hem menden daşlaşdylar+. Şol sebäpli lewiler eden günäleri üçin jezasyny çekerler. 11 Soňra olar ybadathananyň derwezehanalarynda gözegçilik ederler we mukaddes mekanymda hyzmat ederler+. Olar halkym üçin ýakma gurbanlyklaryny we başga gurbanlyklaryny soýarlar, halka hyzmat etmek üçin dik durarlar. 12 Olar nejis butlaryna sežde edýän ysraýyl halkyna hyzmat etdiler we olara badak atyp*, günä etmeklerine sebäp boldular+. Şonuň üçin men golumy galdyryp, olara garşy ant içdim — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Olar eden günäsi üçin jezasyny çekerler. 13 Olar ruhany bolup, huzurymda hyzmat etmezler, mukaddes, iň mukaddes zatlaryma ýakynlaşmazlar. Olar nejis işleri edendikleri üçin masgara bolarlar. 14 Soňra men olara ybadathana gözegçilik etmegi tabşyraryn. Olar ybadathanadaky borçlaryny berjaý edip, ähli işleri ýola goýarlar+.
15 Ysraýyl halky menden ýüz öwrende+, Sadygyň neslinden lewi ruhanylar+ ybadathanada öz borçlaryny ýerine ýetirdiler. Şonuň üçin olar meniň öňümde hyzmat ederler we huzurymda durup malyň ýagyny+ hem ganyny getirerler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 16 — Olar mukaddes mekanyma girmek, gurbanlyk ojagymda* maňa hyzmat etmek+ hem-de öz borçlaryny ýerine ýetirmek+ üçin saýlanandyr.
17 Olar içki howlynyň derwezehanasyna girenlerinde, zygyr* köýnek geýsinler+. Olar içki howlynyň derwezehanasynda ýa-da içki howluda hyzmat edenlerinde, ýüňden edilen eşik geýmesinler. 18 Olar başyna zygyr matadan selle orasynlar we zygyr matadan balak* geýsinler+. Olar derledýän eşik geýmesinler. 19 Olar daşky howluda duran halkyň öňüne çykmazdan öň, eşiklerini çalyşsynlar. Hyzmat edenlerinde geýen eşiklerini çykaryp+, mukaddes naharhanalarda goýsunlar+. Olar eşikleri bilen mukaddesligi halka geçirmez ýaly, başga eşik geýsinler. 20 Ruhanylar saçyny syrmasynlar+ ýa-da uzyn ösdürmesinler, olar saçyny kesdirsinler. 21 Ruhanylar içki howla girenlerinde şerap içmesinler+. 22 Olar dul galan ýa-da ärinden aýrylyşan aýala öýlenmesin+. Ýöne olar ysraýyl gyzyna ýa-da ruhanynyň dul galan aýalyna öýlenip bilerler+.
23 Olar mukaddes zat bilen adaty zadyň we halal bilen haramyň tapawudyny halkyma öwretsinler+. 24 Olar kazylyk edip, dawalary çözsünler+ we meniň permanlarym boýunça höküm çykarsynlar+. Baýramçylyklar bilen bagly kanunlarymy we tabşyryklarymy berjaý etsinler+. Sabat günümi mukaddes hasaplasynlar. 25 Olar haram bolmaz ýaly, ölen adamyň jesedine golaýlaşmasynlar. Emma olar kakasy, ejesi, ogul-gyzy, erkek dogany we durmuşa çykmadyk gyz dogany üçin ýas tutup* biler+. 26 Ruhanylar tämizlenensoň, ýedi gün geçsin. 27 Olar mukaddes mekanda hyzmat etmek üçin içki howla we mukaddes ýere girende, günä gurbanlygyny bersinler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
28 Ine olaryň mirasy: olaryň mirasy mendirin+. Olara Ysraýylda miras bermäň, sebäbi olaryň mirasy mendirin. 29 Olar galla sadakasyndan+, günä we ýazyk gurbanlyklaryndan iýerler+. Ysraýyl halkynyň Hudaýa bagyş eden ähli zatlary ruhanylaryňkydyr+. 30 Ilkinji hasylyň saýlama miweleriniň we getirilýän sadakalaryň ählisi ruhanylaryňkydyr+. Hasylyňyzyň ilkinji ununy ruhanylara beriň+. Şonda öýüňiziň berekedi hiç haçan egsilmez+. 31 Parçalanan ýa-da haram ölen guşuň we malyň etini ruhanylar iýmeli däldirler“+.
45 „Ýurdy miras hökmünde paýlaşanyňyzda+, onuň bir bölegini Ýehowa mülk hökmünde bagyş ediň. Ol mülk mukaddes bolar+. Uzynlygy 25 000 tirsek*, ini 10 000 tirsek bolmalydyr+. Ol ýer tutuşlygyna mukaddes bolar. 2 Ol ýerde ybadathana üçin uzynlygy 500 tirsek, ini 500 tirsek inedördül görnüşinde ýer bolar+. Ybadathananyň hem her tarapynda 50 tirseklik öri meýdany bolar+. 3 Miras hökmünde paýlanjak ýerlerden uzynlygy 25 000 tirsek, ini 10 000 tirsek ýeri ölçäň. Ol ýerde iň mukaddes mekan, ybadathana ýerleşer. 4 Mukaddes mülk Ýehowanyň huzurynda, ybadathanada hyzmat edýän+ ruhanylaryň paýy bolar+. Ol ýerde ruhanylaryň jaýlary we ybadathana ýerleşer.
5 Ybadathanada hyzmat edýän lewiler üçin uzynlygy 25 000 tirsek, ini 10 000 tirsek ýer mülk edip berler+. Olara 20 sany naharhana-da+ berler.
6 Uzynlygy 25 000 tirsek (mukaddes mülküň ölçegine deň), ini 5 000 tirsek ýeri şäher üçin beriň+. Ol tutuş ysraýyl halkynyňky bolar.
7 Mukaddes mülk bilen şähere berlen paýyň iki tarapyndaky ýer baştutana berler. Ol ýer mukaddes mülk bilen şähere berlen paýyň günbatarynda we gündogarynda bolar. Onuň günbatar serhedinden gündogar serhedine çenli uzynlygy taýpalara berlen paýyň uzynlygyna deň bolar+. 8 Ol ýer ysraýyl baştutanynyň mülki bolar. Meniň bellän baştutanlarym halkyma zulum etmezler+ we ýurdy ysraýyl halkynyň ähli taýpalaryna paýlarlar“+.
9 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eý ysraýyl baştutanlary, siz hetden aşdyňyz!
Zorluk-sütem etmäň, adalatly hem dogruçyl boluň+, halkyň mal-mülküni talamaň+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 10 — Tereziňiz, çuwalyňyz* we çelegiňiz* dogry bolsun+. 11 Çuwal bilen çelegiň ölçegi bir bolsun. Bir çuwal ganaryň* ondan bir bölegine, bir çelek hem ganaryň ondan bir bölegine deň bolsun. Olaryň ölçegi ganar bilen kesgitlenilsin. 12 Bir şekel*+ 20 gera* deň bolsun, 60 şekel bir mane* deň bolsun“.
13 Siziň bermeli sadakalaryňyz şulardyr: bir ganar bugdaýdan çuwalyň altydan bir bölegini, bir ganar arpadan hem çuwalyň altydan bir bölegini beriň. 14 Ýagy çelek bilen ölçäp bermelisiňiz. Çelek humuň* ondan birine deňdir. On çelek bir ganara, bir ganar on çelege deňdir. 15 Ysraýyllar sürüsindäki 200 goýundan bir goýny gurbanlyk bersinler. Şu sadakalar halky günäden arassalamak üçin+ galla sadakasy+, ýakma we parahatlyk gurbanlygy+ hökmünde berilsin — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
16 Ýurduň halky şu sadakalary+ ysraýyl baştutanyna bersin. 17 Baştutan bolsa baýramlarda, Täze aý baýramynda, Sabat günlerinde+, ysraýyl halkynyň belleýän ähli baýramlarynda+ ýakma gurbanlyklaryny+, galla+ we şerap sadakalaryny ruhana getirip bermelidir. Ol ysraýyl halkyny günäden arassalamak üçin günä gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny, ýakma we parahatlyk gurbanlyklaryny ruhana getirip bermelidir.
18 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Birinji aýyň birine sürüden şikessiz bir öküzçe alyp, mukaddes mekany günäden tämizläň+. 19 Ruhany günä gurbanlygynyň ganyndan alyp, ybadathananyň gapylarynyň söýelerine+, gurbanlyk ojagynyň* gatlagynyň dört burçuna we içki howlynyň derwezehanasynyň* söýelerine çalmalydyr. 20 Tötänden ýa-da bilmän günä eden her bir adam üçin aýyň ýedinji güni şu zatlary etmelisiňiz+. Şeýle-de ybadathanany günäden tämizlemelisiňiz+.
21 Birinji aýyň 14-ne Pasha baýramyny+ belläň we ýedi günläp petir çörek* iýiň+. 22 Şol gün baştutan özi üçin we ýurduň ähli halky üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni ruhana getirip bersin+. 23 Ol baýramyň ýedi güni hem Ýehowa gurbanlyk bersin. Ol her gün ýakma gurbanlygy hökmünde şikessiz ýedi öküzçe bilen ýedi goçy we günä gurbanlygy üçin bir tekäni getirip ruhana bersin+. 24 Ol her bir öküzçäniň we her bir goçuň ýanynda galla sadakasy hökmünde bir çuwal galla getirsin, her çuwal gallanyň ýanynda hem bir küýze* ýag getirsin.
25 Ol ýedinji aýyň 15-ne baýramyň+ başyndan tä soňuna çenli ýedi günläp günä we ýakma gurbanlyklaryny, galla hem ýag sadakasyny getirsin“».
46 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: «Içki howlynyň gündogar tarapyndaky derwezehana*+ alty iş güni+ ýapyk durar+, emma Sabat güni we täze Aý dogan güni açyk bolar. 2 Baştutan daşky howludan gelip, derwezehananyň eýwanyna+ girer we derwezäniň söýesiniň ýanynda durar. Ruhanylar onuň ýakma hem parahatlyk gurbanlyklaryny Hudaýa gurbanlyk berer, ol bolsa derwezehananyň bosagasynda Hudaýa tagzym* edip, çykyp gider. Derweze bolsa agşama çenli açyk durar. 3 Ýurduň halky-da Sabat güni we täze Aý dogan güni derwezehananyň girelgesinde Ýehowa tagzym ederler+.
4 Baştutan Sabat güni Ýehowa ýakma gurbanlygy hökmünde alty şikessiz erkek guzyny we bir şikessiz goçy getirsin+. 5 Goçuň ýanynda bir çuwal* galla sadakasyny, erkek guzularyň ýanynda bolsa ýagdaýyna görä galla sadakasyny bersin. Her çuwal galla sadakasy bilen bile bir küýze* ýag hem getirsin+. 6 Täze Aý dogan güni sürüden bir öküzçäni, alty erkek guzyny we bir goçy gurbanlyk bersin. Olaryň ählisi şikessiz bolmalydyr+. 7 Ol öküzçäniň ýanynda bir çuwal galla sadakasyny, goçuň ýanynda bir çuwal galla sadakasyny getirsin. Erkek guzular üçin bolsa ýagdaýyna görä galla sadakasyny getirip biler. Her çuwal galla sadakasy bilen bile bir küýze ýag hem getirsin.
8 Baştutan derwezehananyň eýwanyndan içeri girsin, şol ýerden hem yzyna çyksyn+. 9 Ýurduň halky baýramçylyklarda+ sežde etmek üçin Ýehowanyň huzuryna gelenlerinde, demirgazyk derwezehanadan+ girenler günorta derwezehanadan+ çyksynlar, günorta derwezehanadan girenler demirgazyk derwezehanadan çyksynlar. Adamlar giren derwezehanasyndan yzyna çykman, onuň garşysyndaky derwezehanadan çyksynlar. 10 Olaryň arasyndaky baştutan bolsa, halk bilen bile girip, olar bilen hem çykmalydyr. 11 Baýramçylyklarda we dabaraly günlerde öküzçäniň ýanynda bir çuwal galla sadakasyny, goçuň ýanynda bir çuwal galla sadakasyny, erkek guzularyň ýanynda bolsa ýagdaýyna görä galla sadakasyny getirip biler. Ol bir çuwal galla sadakasy bilen bile bir küýze ýag hem getirsin+.
12 Baştutan göwnünden çykaran ýakma+ we parahatlyk gurbanlyklaryny Ýehowa getirende, gündogar derwezehana açylsyn. Baştutan Sabat güni edişi ýaly ýakma we parahatlyk gurbanlyklaryny bersin+. Ol çykandan soň derwezehana ýapylsyn+.
13 Her gün şikessiz erkek guzyny tutuşlygyna ýakyp, Ýehowa gurbanlyk beriň+. Muny her gün irden ediň. 14 Şeýle-de her gün irden çuwalyň altydan bir bölegine barabar galla sadakasyny, ak una seper ýaly küýzäniň üçden bir bölegine barabar ýag getiriň. Şular Ýehowa gündelik berilmeli galla sadakasydyr. Muny ebedilik kanun hökmünde berjaý etmelisiňiz. 15 Gündelik ýakma gurbanlygy hökmünde her gün irden bir erkek guzy, galla sadakasy we ýag getirilsin.
16 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eger baştutan ogullaryna ýer paýyny berse, ol ýer ogullarynyň mülki bolar, olara miras galan mülk bolar. 17 Emma ol guluna öz mülkünden ýer berse, ol ýer azatlyk ýylyna+ çenli guluň elinde bolar. Soňra ýene-de baştutanyň eýeçiligine geçer. Emma ogullaryna berlen ýer, olaryň hemişelik mirasy bolar. 18 Baştutan halkyň elinden mirasyny zorluk bilen almasyn, olary mülkünden kowup çykarmasyn. Halkymyň mülki elinden alynmaz ýaly, ol ogullaryna öz mülkünden miras bersin“».
19 Soňra ol meni derwezehananyň gapdalyndaky girelgeden+ ruhanylaryň demirgazyga bakýan mukaddes naharhanalaryna getirdi+. Men olaryň çetinde, günbatar tarapda bir ýer gördüm. 20 Ol maňa şeýle diýdi: «Şu ýerde ruhanylar ýazyk we günä gurbanlyklarynyň etini gaýnadarlar, galla sadakasyndan çörek bişirerler+. Olar mukaddesligi halka geçirmez ýaly hiç bir zady daşky howla çykarmazlar»+.
21 Ol meni daşky howla çykaryp, onuň dört burçuny görkezdi. Daşky howlynyň her burçunda bir howly bardy. 22 Howlynyň dört burçunda uzynlygy 40 tirsek*, ini 30 tirsek kiçi howly bardy. Olaryň dördüsiniň hem ölçegi deňdi. 23 Olaryň dördüsiniň-de daşy diwarlydy. Diwarlaryň düýbünde bolsa gurbanlyk etini gaýnadar ýaly ojaklar gurlandy. 24 Ol maňa şeýle diýdi: «Ybadathanada hyzmat edýänler halkyň getiren gurbanlyklarynyň etini şu ýerde gaýnadarlar»+.
47 Ol meni yzyma getirip, ybadathananyň girelgesine+ eltdi. Ybadathananyň bosagasyndan bir çeşme akýardy. Gapysy gündogara bakýardy, şonuň üçin çeşme-de gündogar tarapa akýardy+. Çeşme ybadathananyň gapysynyň sag tarapyndan akyp, gurbanlyk ojagynyň* günortasyndan geçýärdi.
2 Ol meni demirgazyk derwezehanadan*+ çykaryp, daşky howlynyň gündogar derwezehanasyna+ eltdi. Çeşme derwezehananyň sag tarapyndan jürläp akýardy.
3 Ol eline ölçeg ýüpüni+ alyp, gündogara tarap ýöredi-de, 1 000 tirsek* ölçedi. Ol maňa çeşmä girmegi buýurdy, suw topuga ýetýärdi.
4 Ol ýene-de 1 000 tirsek ölçäp, maňa çeşmä girmegi buýurdy. Suw dyza ýetýärdi.
Ol ýene-de 1 000 tirsek ölçäp, maňa çeşmä girmegi buýurdy. Suw bile ýetýärdi.
5 Ol ýene-de 1 000 tirsek ölçedi. Suwuň akymy şeýle bir güýçlüdi welin, men ýöräp bilmedim. Suwuň içi şeýle çuňdy welin, ýüzüp geçmeseň, ýöräp geçer ýaly däldi.
6 Ol menden: «Ynsan ogly, muny görýärsiňmi?» diýip sorady.
Ol meni suwdan ýöredip, yzyma, kenara çykardy. 7 Suwdan çykanymda, onuň iki tarapynyň hem gür baglykdygyny gördüm+. 8 Ol maňa şeýle diýdi: «Çeşme gündogar tarapa akar. Ol Arabanyň+ üsti bilen deňze guýanda+, deňziň suwy süýji bolar*. 9 Suwuň akyp baran ýerinde janly-jandarlar peýda bolar, onuň akyp baran ýeri balyklardan doly bolar. Deňiz süýji suwa öwrüler, çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar.
10 Balykçylar En-gediden+ En-eglaýyma çenli deňiz kenarynda durarlar. Ol ýerde tor guradylýan ýer bolar. Beýik deňizde*+ bolşy ýaly, ol ýerde hem her dürli balyklar bolar.
11 Deňziň kenarynda batgaly, palçykly ýerler hem bolar; şol ýerleriň suwy süýjemez. Olar şorlugyna galar+.
12 Çeşmäniň iki tarapynda hem miweli agaçlar pajarlap öser. Olaryň ýapraklary solmaz, miweleri tükenmez. Ybadathanadan akýan çeşme+ olary suwarar, her aý miwe berer. Olaryň miwelerini iýerler, ýapraklary melhem bolar»+.
13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: «Şu ýurdy ysraýylyň 12 taýpasyna miras hökmünde bölüp beriň. Ýusuba bolsa iki esse paý beriň+. 14 Siz ýurdy miras alarsyňyz, her biriňize ýer paýy berler*. Ata-babalaryňyza wada beren ýurdum+, indi size miras galar.
15 Ýurduň demirgazyk serhedi Beýik deňizden Hetlon ýoly+ bilen Zedata+, 16 soňra Hamat+ bilen Berotaýa+, Damask bilen Hamatyň arasyndaky Sibraýyma we Hawranyň+ araçäginde ýerleşýän Haser-hatykona çenli uzalyp gider. 17 Şeýlelikde, serhet deňizden Hasar-enona+ çenli uzalyp gider, ol Damasgyň demirgazyk araçägini we Hamatyň+ araçägini öz içine alar. Ýurduň demirgazyk serhedi şeýledir.
18 Gündogar serhedi Hawran bilen Damasgyň arasyndan, Gilead+ bilen Ysraýylyň arasyndan Iordan derýasynyň kenary bilen uzalyp gider. Demirgazyk serhetden gündogar deňzine* çenli ölçän aralygyňyz ýurduň gündogar serhedidir.
19 Günorta serhedi Tamardan Meribat-kadeş derýasyna+, Jülgäniň* üstünden Beýik deňze+ çenli uzalyp gider. Ýurduň günorta serhedi şeýledir.
20 Ýurduň günbataryny Beýik deňiz tutýandyr. Günbatar serhet günorta serhetden tä Lebo-hamata+ çenli uzalyp gidýändir. Ýurduň günbatar serhedi şeýledir».
21 «Siz ýurdy öz araňyzda, ysraýylyň 12 taýpasynyň arasynda paýlaşyň. 22 Siz ýurdy miras hökmünde özara paýlaşyň, araňyzda ýaşaýan wagty çagasy doglan gelmişeklere hem ýer paýyny beriň. Goý, olar siziň üçin ýerli halk ýaly bolsun. Olar siziň bilen deň hatarda ysraýyl taýpalarynyň arasyndan ýer paýyny alarlar. 23 Gelmişekler ýaşaýan taýpasynyň arasyndan miras hökmünde ýer paýyny almalydyrlar». Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
48 «Taýpalaryň ady boýunça demirgazykdan başlap berlen ýer paýlary şulardyr: Danyň paýy+ Hetlon ýoly bilen Lebo-hamata*+, Hasar-enana çenli uzalyp gider, ol Damasgyň demirgazyk araçägini we Hamaty+ öz içine alar. Onuň ýer paýy gündogardan günbatara uzalyp gider. 2 Aşer+ Dan bilen serhetdeş bolup, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider. 3 Naftaly+ Aşer bilen serhetdeş bolup, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider. 4 Manaşa+ Naftaly bilen serhetdeş bolup, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider. 5 Efraýym Manaşa bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider. 6 Ruben Efraýym bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider. 7 Ýahuda Ruben bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider. 8 Ýahudanyň araçäginde gündogardan günbatara uzalyp gidýän mukaddes mülk bolar. Onuň ini 25 000 tirsek*+ bolup, uzynlygy taýpalaryň ýer paýynyň uzynlygyna deň bolar we gündogardan günbatara uzalyp gider. Onuň ortasynda ybadathana ýerleşer.
9 Ýehowa bagyş edilen mukaddes mülküň uzynlygy 25 000 tirsek, ini 10 000 tirsek bolar. 10 Ol ruhanylaryň mukaddes mülki bolar+. Demirgazygy 25 000 tirsek, günbatary 10 000 tirsek, gündogary 10 000 tirsek we günortasy 25 000 tirsek bolar, ortasynda Ýehowanyň ybadathanasy ýerleşer. 11 Şol mülk Sadygyň neslinden mukaddes ruhanylara+ berler. Ysraýyl halky we lewiler menden ýüz öwrende+, ruhanylar olara goşulman, huzurymda borçlaryny ýerine ýetirdiler. 12 Olara mukaddes mülkden ýer paý berler. Ol lewileriň ýer paýynyň ýanynda bolar.
13 Ruhanylaryň ýer paýynyň ýanynda uzynlygy 25 000 tirsek, ini 10 000 tirsek lewileriň paýy bolar. (Ýeriň tutuş uzynlygy 25 000 tirsek, ini 10 000 tirsek). 14 Olar mes toprakly paýyny satmaly, çalyşmaly ýa-da başga birine bermeli däldir. Sebäbi ol Ýehowa üçin mukaddesdir.
15 Galan mukaddes bolmadyk ýeriň ini 5 000 tirsek, uzynlygy 25 000 tirsekdir. Ol şäher+, jaýlar we öri meýdany üçindir. Şäher onuň ortasynda ýerleşer+. 16 Şäheriň ölçegi şeýledir: demirgazygy 4 500 tirsek, günortasy 4 500 tirsek, gündogary 4 500 tirsek we günbatary 4 500 tirsek. 17 Şäheriň öri meýdanynyň ölçegi şeýledir: demirgazygy 250 tirsek, günortasy 250 tirsek, gündogary 250 tirsek we günbatary 250 tirsek.
18 Galan ýeriň uzynlygy mukaddes mülküň uzynlygyna deň bolar+. Gündogary 10 000 tirsek, günbatary 10 000 tirsek bolar. Ol mukaddes mülküň ýanynda ýerleşer, topragyň hasyly şäherde işleýänlere iýmit bolar. 19 Ysraýylyň ähli taýpalaryndan şähere işlemäge gelenler ol ýerde ekin ekerler+.
20 Mukaddes mülk inedördül görnüşinde bolup, her tarapy 25 000 tirsekdir. Ony şähere berlen ýer bilen bilelikde Hudaýa bagyş ediň.
21 Mukaddes mülk bilen şähere berlen paýyň iki tarapyndaky ýerler baştutana berler+. Olar mukaddes mülküň 25 000 tirseklik gündogar we günbatar tarapyna uzalyp gider. Onuň uzynlygy goňşy taýpalara berlen paýyň uzynlygyna deň bolar. Ol baştutanyň ýeri bolar, ortasynda mukaddes mülk bilen ybadathana ýerleşer.
22 Lewileriň paýy bilen şähere berlen paý baştutana degişli ýeriň ortasynda bolar. Baştutanyň ýeri Ýahuda+ bilen Benýaminiň ýer paýlarynyň arasynda ýerleşer.
23 Beýleki taýpalaryň ýer paýlary şeýledir: Benýamine berlen paý gündogardan günbatara uzalyp gider+. 24 Şimgon Benýamin bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider. 25 Ysahar+ Şimgon bilen serhetdeş bolup, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider. 26 Zebulun Ysahar bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider+. 27 Gad Zebulun bilen serhetdeş bolup+, araçägi gündogardan günbatara uzalyp gider. 28 Ýurduň günorta serhedi Gadyň araçäginde ýerleşip, Tamardan+ Meribat-kadeş suwuna+, soňra Jülgeden*+ Beýik deňze* çenli uzalyp gider.
29 Ýurdy miras hökmünde ysraýyl taýpalarynyň arasynda paýlamalysyňyz+, olaryň mülk paýy şeýledir+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
30 Şäheriň demirgazyk tarapy 4 500 tirsekdir+. Onuň derwezeleri bolar.
31 Şäher derwezelerine ysraýyl taýpalarynyň atlary dakylar. Demirgazyk tarapda üç derweze bolar: Ruben derwezesi, Ýahuda derwezesi we Lewi derwezesi.
32 Gündogar tarapy 4 500 tirsekdir, üç derwezesi bolar: Ýusup derwezesi, Benýamin derwezesi we Dan derwezesi.
33 Günorta tarapy 4 500 tirsekdir, üç derwezesi bolar: Şimgon derwezesi, Ysahar derwezesi we Zebulun derwezesi.
34 Günbatar tarapy 4 500 tirsekdir, üç derwezesi bolar: Gad derwezesi, Aşer derwezesi we Naftaly derwezesi.
35 Şäheriň töwereginiň ölçegi 18 000 tirsekdir. Şol günden başlap, şäheriň adyna „Ýehowanyň mekany“ diýler»+.
Hyzkylyň ýaşy göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Manysy: Hudaý güýç-kuwwat berýär.
Sözme-söz: eli.
Ýa-da: ýyldyrym.
Ýa-da: hrizolit. Sary ýa-da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.
Tigirler deň ölçegde bolup, bir-biriniň içinden dikligine geçýän bolmaly.
Sözme-söz: jandarlaryň ruhy.
Başga manysy: gapdala ýaýylyp.
«Ynsan ogly» diýen jümle Hyzkyl kitabynda 93 gezek duş gelýär. Şu ýerde ilkinji gezek agzalýar.
Ysraýyl we ýahuda halklary göz öňünde tutulýan bolmaly.
Başga manysy: Halk boýnuýogyn bolsa-da, seni eleme-deşik etse-de.
Ýa-da: olaryň kesir bolşy ýaly, senem tutanýerli ederin.
Ýa-da: aňk-taňk bolup; äm-säm bolup.
Ýa-da: Onuň ölümi üçin senden hasap soraryn.
Ýa-da: adalatsyzlyk etse.
Sözme-söz: onuň öňünde büdredýän daş goýaryn. Sözlüge serediň.
Ýa-da: Onuň ölümi üçin senden hasap soraryn.
Sözme-söz: oňa. Ýagny Hyzkylyň çep gapdaly.
Sözlüge serediň.
Takmynan 230 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Takmynan 0.6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: ilatynyň çörek taýaklaryny döwerin. Çörek asylyp goýulýan taýaklar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: işleriň.
Sözme-söz: her bir ýele.
Ýa-da: işleriňiz.
Sözme-söz: her bir ýele.
Ýa-da: gabanjaňdygymy; diňe özüme wepaly bolmagy talap edýändigimi.
Sözme-söz: siziň çörek taýaklaryňyzy döwüp. Çörek asylyp goýulýan taýaklar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa-da: ahlaksyzlyk.
Sözme-söz: Elleriňizi çarpyň. Gadymy döwürde dady-perýat edenlerinde elini çarpypdyrlar.
Sözme-söz: oýanar.
Başga manysy: gülden edilen täjiňiz.
Başga manysy: Gülden edilen täç.
Ýagny emlägi satyn alanam, satanam peýda görmez. Sebäbi heläkçilik ähli halkyň başyndan iner.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýagny ýas tutanlarynda saçyny syrarlar.
Sözlüge serediň.
Ýagny Ýehowanyň ybadathanasynyň içki otagy göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we ýehudylaryň sürgündäki altynjy ýyly göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: ýer bilen gögüň arasyna.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: gabanjaňlygyny oýarýan.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: deşik.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa-da: heýkelinden.
Ýa-da: sežde.
Taýak butlara sežde edilende ulanylan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şöhraty.
Sözme-söz: Ol.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şöhraty.
Ýa-da: hrizolit. Sary ýa-da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.
Ýagny keruplaryň.
Ýehudylar Iýerusalimde özlerini howpsuz duýýardylar.
Sözme-söz: hökümlerini.
Sözme-söz: olara bir ýürek bererin.
Sözme-söz: etden. Ýagny Ýehowanyň maslahatyny kabul edýän ýürek.
Ýa-da: işlere.
Sözme-söz: şöhraty.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Ýeri; topragy.
Ýa-da: Ýeri; topragy.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: hilegär.
Sözme-söz: öýi.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ynamdar adamlarymyň.
Ýagny berk salynmadyk diwara hek çalyp, ony berk diwar ýaly görkezmek isleýärler.
Ýa-da:doly; buz.
Ýagny jadygöýlik bilen bagly tirsege we goşara dakylýan bag.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa-da: halkyň öňünde büdredýän daş goýup. Sözlüge serediň: Büdredýän daş.
Ýa-da: jogap.
Ýa-da: däp-dessurlaryňyzdan.
Ýagny ysraýyl halky.
Sözme-söz: çörek taýaklaryny döwerin. Çörek asylyp goýulýan taýaklar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: çagalaryndan mahrum etse.
Ýa-da: düwleniň; suwpişiginiň; týuleniň derisinden.
Sözme-söz: zygyr.
Sözme-söz: zygyr.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: däp-dessurlary.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: depelerini. Sözlüge serediň: Gurbanlyk ojagy.
Ýa-da: satanyňy açyp.
Ýa-da: Äpet goňşularyň.
Ýa-da: Kengan.
Ýa-da: ejizdi.
Başga manysy: Sen şeýle bir gaharymy getirdiň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa-da: däp-dessurlary.
Belki, daş-töweregindäki şäherçeler.
Sözme-söz: sagyňda.
Sözme-söz: çepiňde.
Ýa-da: däp-dessurlary.
Sözme-söz: Kengan.
Ýagny Ýahuda ýurdy.
Ýagny Sadykýar.
Ýagny Nawuhodonosoryň.
Sözme-söz: El.
Sözme-söz: küteldi.
Ýa-da: ýaşaýşy. Sözlüge serediň: Jan.
Ýa-da: jan. Sözlüge serediň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: jan.
Sözme-söz: ýatlanmaz.
Ýa-da: adalatsyzlyk etse.
Sözme-söz: siziň öňüňizde büdredýän daş goýar. Sözlüge serediň: Büdredýän daş.
Sözme-söz: Özüňize täze ýürek we täze ruh ediniň.
Ýa-da: agy aýdymyny.
Sözme-söz: ganyňdaky üzüm.
Ýa-da: agy aýdymy.
Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki ýedinji ýyly göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: elimi galdyrdym.
Ýa-da: bezegidi.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa-da: Sabat gününi haram etdiler.
Ýa-da: olar bilen zyna edip.
Ýa-da: gulluk; hyzmat.
Ýa-da: getirmegiňize garaşaryn.
Ýa-da: matal; mysal aýdýar.
Ýagny Ýehowanyň gylyjy.
Käbir gündogar halklarynda el çarpmak gahar-gazaby aňladýar.
Sözme-söz: elimi çarpyp.
Sözlüge serediň: Maşgala butlary.
Wawilonlylar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýagny Iýerusalimiň ilaty.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa-da: ady haram.
Sözme-söz: kakasynyň uýat ýerlerini açýarlar.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: ýürekli.
Sözlüge serediň.
Manysy: Onuň çadyry.
Manysy: Meniň çadyrym onda.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa-da: ahlaksyzlyk edýärdiler.
Ýagny ruhy taýdan zyna etdiler.
Ýa-da: azgynçylygyňyza baş goşmazlar.
Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki dokuzynjy ýyly göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: bije atman.
Ýa-da: gursagyňa urma.
Sözme-söz: Murtuňy.
Sözme-söz: aýagyňyz bilen ýer depdiňiz.
Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki 11-nji ýyly göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.
Ýa-da: gylyç.
Ýa-da: agy aýdymyny.
Ýa-da: dirileriň ýurduny.
Ýa-da: agy aýdymyny.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ýaşuly.
Başga manysy: at-abraýyň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: agy aýdymyny.
Üstünden gülmegi ýa-da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
Ýa-da: mazara.
Ýa-da: agy aýdymyny.
Ýa-da: Hrizolit. Sary ýa-da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.
Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki onunjy ýyly göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: kömek sorap ýalňyşandyklaryny ýatlarlar.
Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki 27-nji ýyly göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.
Sözme-söz: şah.
Müsür bilen äht baglaşan ysraýyllar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa-da: Memfisiň.
Ýagny Fiwy.
Ýa-da: Memfise.
Ýagny Heliopolis.
Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki 11-nji ýyly göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: mazara.
Sözlüge serediň.
Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we ýehudylaryň sürgündäki 12-nji ýyly göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: agy aýdymyny.
12-nji aý göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: mazarlarynyň.
Harby hormat bildirilip, gylyjy bilen jaýlanan esgerler göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: onuň gany üçin garawuldan hasap soraryn.
Ýa-da: Onuň gany üçin senden hasap soraryn.
Ýa-da: adalatsyzlyk.
Sözme-söz: eli.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözme-söz: gözüňizi dikýärsiňiz.
Sözme-söz: däp-dessurlary.
Ýa-da: ýüňden eşik.
Sözme-söz: ýanbaşyňyz we çigniňiz.
Ýa-da: gabanjaňlyk.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözme-söz: etden. Ýagny Ýehowanyň maslahatyny kabul edýän ýürek.
Ýa-da: işleriňiz.
Başga manysy: gurbanlyk berilýän goýun sürüsiniň.
Ýa-da: dem; ruh.
Ýa-da: ýarany; hemrasy.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa-da: däp-dessurlary.
Ýa-da: gabanjaňlyk.
Ýa-da: mergi.
Ýa-da: doly; buz.
Sowuk ýarag hökmünde ulanylýan ujy ýogyn taýak.
Ýa-da: Äjidiň goşunynyň deresi.
Ýa-da: ölini jaýlaýanlar.
Manysy: Köpçülik.
Ýa-da: adyma ýürekden wepaly bolaryn.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: beýik binanyň.
Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: 12.
Sözme-söz: ybadathana. 41, 42-nji baplarda şu söz mukaddes otagy we tutuş ybadathanany (mukaddes otagy we iň mukaddes otagy) aňladýar.
Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýagny iň mukaddes otag.
Ýagny ybadathananyň günbataryndaky bina.
Ýa-da: geçelgelerini.
Ýa-da: oýulyp nagyşlanandy.
Mukaddes otagyň girelgesi göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: stoldur.
Jaýyň diwarynyň ýokarsynda kese boýuna öňe çykyp duran haşamly bölegi; karniz.
Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: geçelgeleri.
Ýa-da: beýik binadan.
Ýa-da: beýik bina.
Başga manysy: Ol.
Sözlüge serediň.
Şäheriň weýran boljakdygy barada Hyzkylyň pygamberlik edendigi göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: zyna edýän.
Sözme-söz: patyşalarynyň jesetleri bilen.
Ýa-da: buthanalarynyň bosagasyny ybadathanamyň bosagasynyň.
Sözlüge serediň.
Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir garyş takmynan 22,2 sm. Goçmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: germew.
Ýa-da: beýik binasyna.
Ýa-da: däp-dessurlaryňyzdan.
Sözme-söz: ýüregi sünnetsiz.
Ýa-da: däp-dessurlary.
Sözme-söz: ýüregi sünnetsiz.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözme-söz: büdredýän daş goýup. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: içki geýim.
Sözme-söz: haram bolup.
Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: mina. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: beýik binasynyň.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa-da: beýik bina.
Ýa-da: sežde.
Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: beýik binadan.
Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: şypa tapar.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Sözme-söz: Siz doganyňyz ýaly ony miras alarsyňyz.
Ýagny Öli deňzi.
Ýagny Müsür jülgesi.
Ýa-da: Hamatyň girelgesine.
Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýagny Müsür jülgesi.
Ýagny Ortaýer deňzi.