«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
IÝUL 5—11
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 11, 12
«Ýehowa nädip sežde etmegimizi isleýär?»
it «Jan»
Jan
Bütin janyň bilen gulluk etmek. Mukaddes Kitapda «jan» diýlende adam göz öňünde tutulýar. Emma käbir aýatlarda Hudaýy diňe «bütin janymyz bilen» däl-de, bütin ýüregimiz bilen hem söýmelidigi, gulluk etmelidigi aýdylýar (5Ms 4:29; 11:13, 18). 5 Musa 6:5-de: «Ýehowa Hudaýyňyzy bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz, bütin güýjüňiz bilen söýüň» diýilýär. Isa Hudaýy bütin janyň, bütin güýjüň we bütin aň-düşünjäň bilen söýmegiň wajypdygyny aýtdy (Mar 12:30; Luk 10:27). Eger Ýehowa bütin janyň bilen gulluk etmeli bolsa, näme üçin aýatlarda aň-düşünje, güýç, ýürek diýip aýry-aýry nygtalýar? Muňa düşünmek üçin şeýle mysal getirse bolýar: adam özüni (janyny) gulçulyga satsa, hojaýynynyň emlägi hasaplanýar. Ýöne gul hojaýynyny halamasa, ony razy etmek we göwnünden turmak üçin bar güýjüni berip hyzmat etmez (Efs 6:5; Kol 3:22-nji aýatlary deňeşdiriň). Ýehowa hem bizi Oglunyň töleg gurbany arkaly satyn aldy. Şonuň üçin aýatlarda aýdylyşy ýaly, biz Hudaýa aň-düşünjämiz, güýjümiz, ýüregimiz bilen gulluk etmeli. Şeýlelikde, «bütin janyň» bilen gulluk etmek edýän işleriň, gelýän kararlaryň, isleg-arzuwlaryň bilen Hudaýyň göwnünden turmagy aňladýar (Mat 5:28—30; Luk 21:34—36; Efs 6:6—9; Flp 3:19; Kol 3:23, 24-nji aýatlary deňeşdiriň).
it «Gurbanlyk ojagy»
Gurbanlyk ojagy
Ýehowa ysraýyllara kenganlaryň gurbanlyk ojaklaryny, keramatly sütünlerini we keramatly pürslerini kül-owram etmegi tabşyrdy (2Ms 34:13; 5Ms 7:5, 6; 12:1—3). Olar kenganlar ýaly, çagalaryny otda ýakyp gurban bermeli däldi (5Ms 12:30, 31; 16:21). Ysraýylda hak Hudaýa sežde eder ýaly ýekeje gurbanlyk ojagy bolmalydy, ol hem Ýehowanyň saýlan ýerinde durmalydy (5Ms 12:2—6, 13, 14, 27; meselem, Wawilonda aýal taňrysy Iştara sežde edilýän 180 sany gurbanlyk ojagy bardy). Halk Iordan derýasyndan geçensoň, ýonulmadyk daşlardan gurbanlyk ojagyny gurmalydy (5Ms 27:4—8). Hudaýyň tabşyryşy ýaly, Ýuşa ony Gewal dagynda gurýar (Ýuş 8:30—32). Wada edilen ýurt paýlanansoň, rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy Iordanyň boýunda ägirt uly gurbanlyk ojagyny gurýar. Şonda beýleki taýpalar olar Ýehowadan ýüz öwrendir öýdýär. Emma rubenler, gadlar we manaşalar gurbanlyk ojagyny ýeke-täk hak Hudaý Ýehowa gulluk edýändigini ýatlatsyn diýip gurupdylar (Ýuş 22:10—34).
Ruhy dürdäneler
it «Gerizim dagy»
Gerizim dagy
Ysraýyllar Ýuşanyň ýolbaşçylygynda Aý şäherini basyp alansoň, Musanyň tabşyrygyna gulak asyp, Gerizim we Gewal dagynyň öňüne ýygnanýar. Şol ýerde Kanunda ýazylan alkyşlar we gargyşlar sesli okaldy. Halka Ýehowa gulak assa bereket aljakdygy, gulak asmasa gargyşa galjakdygy aýdyldy. Şimgon, lewi, ýahuda, ysahar, ýusup we benýamin taýpalary Gerizim dagynyň öňünde, galan alty taýpa Gewal dagynyň öňünde durdy. Lewiler bolsa jülgede äht sandygyny göterip durdy (5Ms 11:29, 30; 27:11—13; Ýuş 8:28—35). Gerizim dagyndaky taýpalar alkyş sözlerine, Gewal dagyndaky taýpalar bolsa gargyş sözlerine jogap beren bolmaly. Gerizim gök-ýaşyl öwüsýän owadan hem beýik dagdy. Gewal dagy bolsa ot gögermeýän daşlyk ýerdi. Şu zatlardan çen tutup, käbirleri Gerizim dagyna seredip alkyş, Gewal dagyna seredip gargyş okalan bolmaly diýip pikir edýär. Emma Mukaddes Kitapda bu barada aýdylmaýar. Şol ýerde Musanyň kanuny «bütin ysraýyl halkyna, aýallara, çagalara we gelmişeklere okap berildi» (Ýuş 8:35). Iki dagyň arasynda ses ýaňlanýandygy üçin, märeke okalýan sözleri gowy eşidip bilýärdi (Serediň: GEWAL DAGY).
IÝUL 12—18
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 13—15
«Kanun Ýehowanyň garyp-gasarlaryň aladasyny edýändigini görkezýär»
it «Ondan bir bölegi bermek»
Ondan bir bölegi bermek
Ysraýyllar alan hasylynyň ondan bir bölegini Ýehowa bermelidi. Şeýle-de olar her ýyl ähli zadynyň ondan bir bölegini aýryp goýan bolmaly. Ysraýyllar olary baýramçylyga gidende ulanýardylar. Eger ýol uzak bolup sadakalaryny Iýerusalime äkitmek kyn bolsa, ysraýyllar olary satyp, ýol çykdajylaryny ýapýardylar. Şeýle-de Iýerusalimde baýramçylyk üçin gerek zatlaryny alýardylar (5Ms 12:4—7, 11, 17, 18; 14:22—27). Her ýedinji ýyl Sabat ýyly bellenýärdi. Şol ýedi ýylyň üçünji hem altynjy ýylynda ondan bir bölek diýlip aýryp goýlan zatlar baýramçylyk üçin ulanylman, şäherde ýaşaýan lewilere, gelmişeklere, dul aýallara we ýetimlere berilýärdi (5Ms 14:28, 29; 26:12).
it «Sabat ýyly»
Sabat ýyly
Sabat ýylyna «karz geçilýän ýyl» (haşşemitta) hem diýilýärdi (5Ms 15:9; 31:10). Şol ýyl hiç hili ekin ekilmeýärdi, topraga dynç berilýärdi (2Ms 23:11). Şeýle-de karz beren adam «Ýehowanyň hatyrasyna algylaryny geçmelidi». Ýöne käbir adamlar şu kanuna başgaça düşünýärler. Olar girdeji bolmansoň, şol ýyl ýewreý doganyndan algysyny talap etmeli däl diýip pikir edýärler. Emma gelmişeklerden algysyny talap edip bilýärdiler (5Ms 15:1—3). Ýehudy dini ýolbaşçylaryň käbiri bolsa garyplara berlen karzlary geçmeli, ýöne söwda-satyk işleri üçin berlen karzlary talap etseň bolýar diýip düşünýärdiler. Olar I asyrda ýaşan Gilel atly adamyň bu babatda belli bir tertip-düzgünleri girizendigini aýdýarlar. Karz beren adam algysyny almak üçin kazyýete ýüz tutup, arz edip bilýärdi («The Pentateuch and Haftorahs», neşir etmäge taýýarlan J. Hertz, London, 1972, sah. 811, 812).
it «Gul»
Gul
Gullar we hojaýynlar baradaky kanunlar. Kanuna görä, ýewreý gullaryň hukugy başga milletlerden ýa gelmişeklerden satyn alnan gullaryňkydan tapawutlanýardy. Ýewreý bolmadyk gullar atasyndan ogluna miras galýardy (3Ms 25:44—46). Ýöne ýewreý gullary gulçulygynyň ýedinji ýylynda ýa-da Azatlyk ýylynda gulçulykdan boşadylýardy. Ysraýyllar özüni gulçulyga satan ýewreý doganyny gul ýaly işletmän, hakyna tutma işçi ýaly garamalydy (2Ms 21:2; 3Ms 25:10; 5Ms 15:12). Ysraýyllardan biri gelmişege ýa-da onuň maşgalasyndan birine gul bolsa, islendik wagt dogan-garyndaşlary ony satyn alyp bilýärdi ýa-da özi pul töläp, gulçulykdan azat bolup bilýärdi. Guluň bahasy Azatlyk ýylyna ýa-da gulçulygynyň ýedinji ýylyna çenli galan wagta görä hasaplanýardy (3Ms 25:47—52; 5Ms 15:12). Azatlyga çykanda kösenmez ýaly, hojaýyn gulunyň elini boş goýbermeli däldi (5Ms 15:13—15). Eger ol aýaly bilen gelen bolsa, aýalyny hem äkidýärdi. Ýöne hojaýyn guluny öýlendirse (alyp beren aýaly başga milletli bolsa), azatlyga çykanda aýaly bilen çagalaryny äkidip bilmeýärdi, sebäbi olar hojaýynyňky hasaplanýardy. Ol islese gulçulykda galyp bilýärdi. Şonda temen bilen guluň gulagyny deşmelidi, ol galan ömrüne hojaýynyna hyzmat edip bilýärdi (2Ms 21:2—6; 5Ms 15:16, 17).
Ruhy dürdäneler
Okyjylaryň sowallary
2 Musa 23:19-daky: «Owlagy enesiniň süýdünde gaýnatmaň» diýen tabşyrykdan näme öwrenýäris?
Töwratda şu tabşyryk üç gezek duş gelýär. Ol Ýehowanyň garaýşyny we ýalan dini däp-dessurlary ýigrenýändigini görkezýär. Şeýle-de Hudaýyň söýgüsine düşünmäge kömek edýär (2 Musa 34:26; 5 Musa 14:21).
Ene süýdi çaga iýmit bolup, onuň ösmegine kömek edýär. Şonuň üçin owlagy ýa-da başga bir haýwany enesiniň süýdünde gaýnatmak Ýehowanyň goýan tebigy kanunlaryna düýbünden garşy gelýär. Bu barada bir alym şeýle diýýär: «Hudaý ene-ata bilen çaganyň arasyndaky gatnaşygy mukaddes saýýar. Owlagy enesiniň süýdünde gaýnadýan adamlar bolsa Hudaýyň goýan düzgünini äsgermezlik edýär».
Käbirleriniň aýtmagyna görä, owlagy enesiniň süýdünde gaýnatmak butparazlaryň däbi bolup, ýagyş ýagdyrmak üçin edilýärdi. Hudaýyň şu tabşyrygy ysraýyllary daş-töweregindäki halklaryň akylsyz işlerinden we zalymlykdan goraýardy. Musanyň kanunynda şol halklaryň däp-dessurlaryna eýermek gadagan edilýärdi (3 Musa 20:23).
Şeýle-de şu tabşyryk Ýehowanyň söýgüsini görkezýär. Töwratda tebigatyň kanunyna garşy gelýän zatlary edip, haýwanlara ýowuz daraşmaly däldigi hakda şuňa meňzeş birnäçe tabşyryklar berilýär. Meselem, Kanunda ýaňy doglan maly ýedi gün geçmän gurbanlyk bermeli däldigi, olary enesi bilen bir günde soýmaly däldigi aýdylýar. Höwürtgedäki jüýjeleri ýa ýumurtgalary hem enesi bilen almaly däldi (3 Musa 22:27, 28; 5 Musa 22:6, 7).
Dogrudanam, Musanyň kanuny ýöne bir düzgünler we tabşyryklar däl. Olar Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri barada oýlanyp, ýokary ahlak kadalaryna düşünmäge kömek edýär (Zebur 19:7—11).
IÝUL 19—25
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 16—18
«Adalatly höküm çykarmagyň prinsipleri»
it «Körlük»
Körlük
Kazylaryň adalatsyzlyk edip, nädogry höküm çykarmagyny körlük bilen deňeşdirse bolýar. Musa pygambere berlen kanunda kazylardan para, sowgat almazlyk we adamlary ala tutmazlyk talap edilýärdi. Sebäbi para kazylaryň «gözüni gapyp», adalatly höküm çykarmaga päsgel berýärdi (2Ms 23:8). Mukaddes Kitapda: «Para paýhasly adamyň-da gözüni gapýandyr» diýilýär (5Ms 16:19). Kazy adalatly hem dogruçyl bolsa-da, sowgat-serpaý alansoň, ol bilgeşleýin ýa-da bilmezlikden nädogry höküm çykaryp biler. Hudaýyň kanunynda diňe bir parahorlyk sebäpli däl-de, duýgularyň esasynda-da höküm çykarmaly däldigi aýdylýar: «Garyba dözmezçilik edip ýa-da baýa ýaranjak bolup, adalatsyzlyk etme» (3Ms 19:15). Kazy garyplara nebsi agyryp ýa-da halkyň içinde abraý gazanmak üçin, adamlaryň diňe baý bolandygy üçin adalatsyz höküm çykarmaly däl (2Ms 23:2, 3).
it «Sanlar»
Sanlar
Iki. Mukaddes Kitapda ikilik san köplenç adamyň hukugy hakda gürrüň gidende agzalýar. Bolan ýagdaýa azyndan iki ýa üç adam şaýat bolsa, kazy ýüze çykan meselä seredip bilýär. Mesihçiler ýygnagynda hem şu prinsipe eýerýärler (5Ms 17:6; 19:15; Mat 18:16; 2Kr 13:1; 1Tm 5:19; Ýew 10:28). Hatda Hudaý hem Ogluny adamlary halas etmek üçin iberende şu prinsipe eýerdi. Isa şeýle diýdi: «Töwratda-da: „Iki adamyň şaýatlygy dogrudyr“ diýilýär. Men özüm hakda şaýatlyk edýärin, meni iberen Atam hem men hakda şaýatlyk edýändir» (Ýah 8:17, 18).
it «Ruhany»
Ruhany
Ysraýylda Hudaýyň kanunyny öwretmek we adalatly höküm çykarmak ruhanylaryň borjudy. Ysraýyllar bir mesele ýüze çyksa, şäherlerinde ýaşaýan kazylara ýüz tutmalydy. Eger kazylar meseläni çözüp bilmese, onda ruhanylar bilen bile seretmelidi (5Ms 17:8, 9). Çola ýerde jeset tapylyp, kimiň öldüreni näbelli bolsa, şäher ýaşululary bilen ruhanylara aýtmalydy. Ruhanylar şäheri bigünä adamyň ganyndan arassalamak üçin, Hudaýyň tabşyryklaryna eýermelidi (5Ms 21:1, 2, 5). Eger äri aýalyna müňkürlik edip zyna etmekde aýyplasa, ony Ýehowanyň huzuryna, mukaddes çadyra eltmelidi. Ruhany hem gabanjaňlyk baradaky kanuna eýerip, aýalyň günäli ýa bigünädigini anyklamalydy (4Ms 5:11—31). Ruhanylaryň we bellenen kazylaryň çykaran kararyna hormat goýmalydy. Olara bilgeşleýin tabyn bolmaýan, gulak asmaýan adamy ölüme höküm etmelidi (4Ms 15:30; 5Ms 17:10—13).
Ruhy dürdäneler
it «Ölüme höküm etmek»
Ölüme höküm etmek
Kanuna görä, günä eden adamy ölüme höküm etmek üçin azyndan iki adamyň şaýatlygy gerekdi (5Ms 19:15). Günäkäre ilki şaýatlar daş zyňýardy (5Ms 17:7). Şeýdip, olar Hudaýyň kanunynyň bozulmagyna biperwaý garamaýandygyny, ysraýyl jemagatynyň arassa bolmagyny isleýändigini görkezýärler. Şeýle-de şu görkezme howlukmaç karara gelip, ýalan şaýatlyk etmekden goraýar.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
it «Kazylyk etmek»
Kazylyk etmek
Mesihçiler ýygnagy. Mesihçiler ýygnagynda tertip-düzgüni bozýanlara çäre görülýär, hatda ýygnak gatnaşygyndan hem kesilýär. Ýöne ýygnakda kazylyk etmek üçin hökümetiň rugsady gerek däl. Pawlus resul ýygnakdakylary gözegçileriň höküm etmelidigini aýtdy (1Kr 5:12, 13). Pawlus hem, Petrus hem ýygnaklara we gözegçilere ýazan hatlarynda ýaşulularyň ýygnagyň ruhy taýdan aladasyny edip, ýalňyş ädim ädýänlere kömek etmelidigini, maslahat bermelidigini aýtdy (2Tm 4:2; 1Pe 5:1, 2; Gal 6:1-i deňeşdiriň). Ýygnakda bölünişik döredýänlere we ýalan taglymatlary öňe sürýänlere çäre görülmänkä, iki gezek duýduryş berilýär (Tit 3:10, 11). Ýöne toba etmeýän günäkärler ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Şu düzgün ýygnakda günäli işlere göz ýumulmaýandygyny görkezýär (1Tm 1:20). Pawlus ýygnakda kazy hökmünde bellenen adamlara şeýle meseleleri bilelikde çözmelidigi hakda görkezme berdi (1Kr 5:1—5; 6:1—5). Olar iki ýa üç şaýat bolmasa atylýan töhmete ynanmaly däl. Şeýle-de işi doly derňemän, karara gelmeli däl we tarapgöýlik etmeli däl (1Tm 5:19, 21).
IÝUL 26—AWGUST 1
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 19—21
«Ýehowa adamyň janyny gymmat saýýar»
Ýehowanyň adalatlylygyndan we rehimdarlygyndan görelde alyň
4 Gaçybatalga üçin niýetlenen alty şäher örän oňaýly edip gurnalandy. Ýehowa ysraýyllylara olaryň üçüsini Iordan derýasynyň bir tarapyndan, galan üçüsini bolsa beýleki tarapyndan saýlamagy tabşyrdy. Şonda tötänden gan döken adam ol ýere çalt we aňsat gaçyp bilýärdi (San. 35:11—14). Şähere eltýän ýollar tekizdi (Kan. tag. 19:3). Hatda ýehudylar gaçgak adamlar üçin ýoluň ugrunda ýörite belgileri hem goýupdyrlar. Gaçybatalga şäherleri oňaýly gurnalandygy üçin, günäkärlere ýat ýurda gaçmak gerek däldi. Sebäbi olar baran ýerlerinde ýalan taňrylara sežde edýän halklaryň täsirine düşüp bilerdiler.
Ýehowanyň adalatlylygyndan we rehimdarlygyndan görelde alyň
9 Gaçybatalga şäherleri ysraýyllylary kimdir biriniň ganyna galmakdan goramak üçin niýetlenendi (Kan. tag. 19:10). Ýehowa ýaşaýşy gymmat saýýar we «günäsiz gany dökýän elleri» ýigrenýär (Sül. tym. 6:16, 17). Adalatly we mukaddes Hudaýymyz Ýehowa şeýle gabahat işe asla göz ýummaýar. Emma tötänden ganhor bolan adama rehimdarlyk bildirýär. Muňa garamazdan, ol adam ýaşulularyň ýanyna baryp, etmişini gürrüň bermelidi we günäsizdigi anyklanandan soň, baş ruhany aradan çykýança, gaçybatalga şäherinden hiç ýere gitmeli däldi. Ol galan ömrüni şol şäherde geçirmelidi. Bu düzgün ysraýyllylaryň ählisine ýaşaýşa mukaddes garamalydygyny görkezýärdi. Olar ýaşaýyş beren Ýehowa hormat goýmak üçin biriniň janyna howp salýan islendik hereketden ýa-da el gowşuryp oturmakdan gaça durmaly.
it «Gan»
Gan
Hudaý adamy durmuşdan lezzet alyp ýaşasyn diýip ýaratdy. Birini ýaşaýyşdan mahrum eden adam Hudaýyň öňünde jogap bermeli. Muny inisini öldürensoň, Hudaýyň Kabyla aýdan sözlerinden görse bolýar. Ol şeýle diýdi: «Doganyň gany toprakdan perýat edýär» (1Ms 4:10). Kimdir biri doganyny ýigrenip ölümini dilese, töhmet atsa ýa-da ýalan şaýatlyk etse, janyna howp salýan ýaly bolýar. Hudaý şeýle adamy ganhor hasaplaýar (3Ms 19:16; 5Ms 19:18—21; 1Ýh 3:15).
Ruhy dürdäneler
it «Kazylyk etmek»
Kazylyk etmek
Kazylar şäher derwezesinde oturýardy (5Ms 16:18; 21:19; 22:15, 24; 25:7; Rut 4:1). «Şäher derwezesi» diýlende derwezäniň öňündäki giň meýdança göz öňünde tutulýar. Halky şol ýere ýygnap, Kanun kitabyny we permanlary okap berýärdiler (Neh 8:1—3). Şäher derwezesinden birgiden adam girip çykýardy. Şonuň üçin söwda-satyk ýaly işlerde şaýat tapmagam aňsatdy. Kazylar hem islendik meseläni köpçüligiň öňünde çözýändikleri üçin adalatly höküm çykarmaly bolýardy. Şäher derwezesiniň golaýynda kazylar oturar ýaly ýörite ýer bolandyr (Eýp 29:7). Şamuwel pygamber ýaşaýan ýeri Ramada edişi ýaly, «Beýtele, Gilgala we Mispa aýlanyp, halka kazylyk ederdi» (1Şm 7:16, 17).
AWGUST 2—8
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 22, 23
«Kanun Ýehowanyň haýwanlaryň aladasyny edýändigini görkezýär»
it «Ýük»
Ýük
Gadymy döwürde mallara köplenç ýük daşadýardylar. Hudaý ysraýyllara şeýle tabşyryk berdi: «Sizi ýigrenýän adamyň eşeginiň agyr ýükden ýaňa çökendigini görseňiz, görmediksirän bolup geçip gitmäň. Eşeginden ýüküni düşürişiň» (2Ms 23:5). Eger ýük bir malyň götererinden agyr bolsa, iki mala ýükläpdirler (2Pa 5:17).
it «5 Musa»
5 Musa
5 Musa kitabynda haýwanlara ýowuz daraşmaly däldigi aýdylýar. Ysraýyllar guşy jüýjeleri bilen almaly däldi. Sebäbi guşlar jüýjelerine howp abansa, olary gorajak bolup urnup başlaýarlar. Şonuň üçin ysraýyllar jüýjelerini alsa-da, enesini goýbermelidi. Şonda guş ýene-de jüýje çykaryp bilýärdi (5Ms 22:6, 7). Ejiz mala agram düşmez ýaly, daýhan öküz bilen eşegi bir boýuntyryga salmaly däldi (5Ms 22:10). Şeýle-de harman döwýän wagty öküziň agzyny baglamaly däldi. Ol galladan iýip, güýç toplap bilýärdi (5Ms 25:4).
w03 15/10 sah. 32, abz. 1, 2
Dürli mallary bir boýuntyryga salmaň
SIZ daýhanyň düýe bilen öküzi bir boýuntyryga salyp ýer sürýändigini gördüňizmi? Mallaryň güýji we boýy deň bolmandygy üçin ikisem kösense gerek. Hudaý haýwanlara ýowuz daraşmaly däldigi hakda ysraýyllara şeýle tabşyryk berdi: «Öküz bilen eşegi bir boýuntyryga salmaň» (5Musa 22:10). Edil şonuň ýaly, öküz bilen düýänem bir boýuntyryga salmaly däl.
Dogrudanam, daýhan dürli-dürli maly bir boýuntyryga salyp kösemek islemez. Ýöne iki öküzi bolmasa, ol käte dürli mallary bir boýuntyryga salmagy mümkin. Meselem, XIX asyrda ýaşan bir daýhan düýe bilen öküzi bir boýuntyryga salypdyr. Mallaryň boýy deň bolmansoň, ikisine-de agram düşüpdir.
Ruhy dürdäneler
it «Bergi, bergidar»
Bergi, bergidar
Bergi yzyna gaýtaryp bermek maksady bilen alnan pul ýa-da zat. Gadymy döwürde Ysraýylda, esasan, mätäç adamlar karz alýardy. Ysraýyllar üçin bergi etmek iň agyr zatdy, sebäbi ol algydaryň guly hasaplanýardy (Nak 22:7). Şonuň üçin Hudaý ysraýyllara mätäç doganyna jomart bolmagy we öz peýdasy üçin göterimine karz bermezligi tabşyrdy (2Ms 22:25; 5Ms 15:7, 8; Zb 37:26; 112:5). Ýöne olar gelmişege göterimine karz berip bilýärdi (5Ms 23:20). Ýehudy dinini öwrenýän käbir adamlar Hudaýyň şu tabşyrygyna şeýle düşünýärler: adatça, gelmişekler Ysraýylda wagtlaýyn ýaşaýardy we söwda-satyk bilen meşgullanýardy. Şonuň üçin olar mätäçlik çekmeýärdi we olara göterimine karz berse bolýardy.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
g 4/15 sah. 13
Haýwanlar
ADAMLAR NÄME DIÝÝÄR? Käbir awçylar, balykçylar haýwanlary öldürmekden keýp alýar. Olar muňa güýmenje ýa-da sportuň bir görnüşi hökmünde garaýar. Käbirleri bolsa rus ýazyjysy Lew Tolstoý ýaly, haýwanlary öldürmegi «wyždansyzlyk» hasaplaýar.
MUKADDES KITAPDA NÄME DIÝILÝÄR? Allatagala haýwanlary janyňa howp salsa ýa-da egin-eşik üçin öldürmäge rugsat berýär (2 Musa 21:28; Markus 1:6). Şeýle-de Mukaddes Kitapda haýwanlary iýmit üçin öldürip bolýandygy aýdylýar. 1 Musa 9:3-de: «Ähli janly-jandarlary iýip bilersiňiz» diýilýär. Hatda Isa hem şägirtlerine iýer ýaly balyk tutmaga kömek edipdi (Ýahýa 21:4—13).
Ýöne Mukaddes Kitapda Hudaýyň «zorlugy söýýäni ýigrenýändigi» aýdylýar (Zebur 11:5). Görşümiz ýaly, Hudaý haýwanlary keýp almak ýa-da sport bilen meşgullanmak üçin öldürmegimizi islemeýär.
Mukaddes Kitapdan Hudaýyň haýwanlaryň janyny gymmat saýýandygyny bilýäris.
• Mukaddes Kitapda: «Hudaý ýer ýüzünde her dürli ýabany haýwanlary, öý haýwanlary, süýrenijileri döretdi. Hudaý muny halady» diýilýär (1 Musa 1:25).
• Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «haýwanlary... iýmitlendirýändigi» aýdylýar (Zebur 147:9). Hudaý ýer ýüzüni ýaradanda haýwanlaryň ýeterlikli iýmitiniň bolmagynyň we howpsuz ýaşamagynyň aladasyny etdi.
• Dawut pygamber Allatagala doga edende: «Eý Ýehowa, ynsany-da, haýwany-da goraýan sensiň!» diýdi (Zebur 36:6). Ýehowa ýer ýüzünden zalym adamlary Tupan bilen ýok edende sekiz adamy we haýwanlary halas edipdi (1 Musa 6:19).
Dogrudanam, Ýehowa haýwanlaryň janyny gymmat saýýar, adamlaryňam olara ýowuz daraşmagyny islemeýär.
«Hudaýhon adam malynyň aladasyny edýär» (Nakyllar 12:10).
AWGUST 9—15
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 24—26
«Kanun Ýehowanyň aýallaryň aladasyny edýändigini görkezýär»
it «Aýal»
Aýal
Goşun gullugyndan bir ýyl azat etmek baradaky kanun maşgala guran erkege-de, aýala-da peýda berýärdi. Bir ýylyň içinde olaryň çagasy bolup bilýärdi. Äri ençeme ýyllap öýünden uzakda bolsa-da, hatda söweşde wepat bolsa-da ene çagasyna guwanyp ýaşaýardy (5Ms 20:7; 24:5).
it «Hasylyň galanyny ýygnamak»
Hasylyň galanyny ýygnamak
Hasylyň galanyny ýygnanlarynda ysraýyllar özüni bilmän jomart bolmalydy we Ýehowa bil baglamalydy. Şol kanun garyplara-da ýaltalyk etmän, zähmetsöýer bolmaga kömek edýärdi. Belki-de, Dawut pygamber hem: «Hudaý dogruçyl adamy taşlamaýan ekeni, zürýadyny çöreksiz goýmaýan ekeni» diýende, şu kanuny göz öňünde tutandyr (Zb 37:25). Hudaýyň şu tabşyrygyndan peýdalanyp garyplaram zähmet çekýärdi. Şeýdip, özlerem, çagalaram çörege zar bolup hiç kime el sermeýärdi.
Şuny bilýäňizmi?
Ysraýylda biri ogly bolman aradan çyksa, ady ýitip gitmez ýaly dogany onuň dul galan aýalyna öýlenýärdi (1 Musa 38:8). Wagtyň geçmegi bilen, şu däp Musanyň kanunyna-da ýazyldy. Merhumyň dogany onuň aýalyny alyp, garyndaşlyk borjuny berjaý edýärdi (5 Musa 25:5, 6). Eger dogany bolmasa, garyndaşlarynyň biri hem onuň aýalyna öýlenip, neslini dowam etdirip bilýärdi. Rut kitabyndan bilşimiz ýaly, Bowaz hem şeýle etdi (Rut 1:3, 4; 2:19, 20; 4:1—6).
Markus 12:20—22-nji aýatlarda saddukeýleriň beren soragyndan doganyň aýalyna öýlenmek baradaky kanuna Isanyň döwründe hem eýerendiklerini görse bolýar. I asyrda ýaşan ýehudy taryhçysy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, şu kanun diňe bir merhumyň adynyň ýitip gitmeginden däl, emlägini hem goraýardy, dul galan aýalyna-da köp peýda berýärdi. Merhumyň emlägine eýe çykmaga aýalyna hukuk berilmeýärdi. Ýöne ol äriniň garyndaşlarynyň birine baryp, çaga dogrup bilýärdi. Şol çaga-da merhumyň emlägini miras alýardy.
Ruhy dürdäneler
it «Aýrylyşmak»
Aýrylyşmak
Talak haty. Ysraýyllar islendik sebäbe görä aýaly bilen aýrylyşmaly däldi. Musanyň kanunynda aýrylyşmaklyga çynlakaý garalýardy. Munuň birnäçe ädimleri bardy. Aýrylyşmak isleýän adam «aýalyna talak hatyny ýazyp berip, öýünden çykaryp goýbermelidi» (5Ms 24:1). Mukaddes Kitapda aýrylyşjak bolýan adamyň muny nädip edendigi hakda jikme-jik aýdylmasa-da, ol ýaşululara ýüz tutan bolmaly. Belki-de, ýaşulular ony derrew aýrylyşdyrjak bolman, gelen kararyny üýtgetmäge höweslendirendir. Şeýle-de talak haty taýýar bolup, ähli gerekli zatlar edilýänçä, aýrylyşjak bolýan adam pikirini üýtgedip bilýärdi. Diýmek, aýrylyşmak üçin degerli sebäp bolmalydy. Aýrylyşmak baradaky düzgünler howlukmaç karara gelmeli däldigini görkezýärdi. Şeýdip, Kanun aýalyň hukuklaryny goraýardy. Mukaddes Kitapda «talak hatynda» näme ýazylýandygy hakda aýdylmaýar.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w19.06 sah. 23, 24, abz. 13—16
Başgalara kyn gününde kömek ediň
13 Imandaşlarymyzyň biri ýanýoldaşyny ýitirende, biziň kömegimize has-da mätäç bolýar. Är-aýaly bir ýerde ösüp duran iki sany agaja meňzetse bolýar. Ýyllar geçdigi saýyn, şol agaçlaryň kökleri biri-birine çyrmaşyp başlaýar. Eger olaryň biri gurasa, beýlekisine-de güýçli zyýan ýetýär. Şonuň ýaly, ýanýoldaşy aradan çykan adam hem uzak wagtlap ejir çekmegi mümkin. Adamsy tarpa-taýyn ýogalan Paula uýa şeýle diýýär: «Durmuşym bir salymyň içinde çepbe çöwrülen ýaly boldy. Elim-aýagym baglanan ýalydy. Men iň ýakyn adamymy ýitiripdim. Oňa bar zady gürrüň berýärdim. Biz şatlygymyzy hem gaýgymyzy deň paýlaşýardyk. Onuň ýanynda aglap hem bilýärdim. Ol ýogalanda, bir ýerim kesilip aýrylan ýaly boldy».
14 Biz ýakynyny ýitiren dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? Ilki bilen, özüňizi oňaýsyz duýsaňyz-da ýa-da näme diýjekdigiňizi bilmeseňiz-de, olar bilen gepleşjek boluň. Ýokarda agzalan Paula şeýle diýýär: «Adamlar köplenç ýakyny aýrylan adama teselli bermek üçin näme diýjegini bilmeýärler. Olar aýtmasyz bir zat aýdaýmaýyn diýip gorkýarlar. Ýöne göwünlik bermäge gelen adam dymyp oturanyndan, bir zatlar diýse gowy bolýar». Hasrat çekýän adam bizden üýtgeşik bir zat aýtmagymyza garaşmaýar. Paula sözüni şeýle dowam edýär: «Maňa dost-ýarlarymyň „eşidip, gaty gynanaýdym“ diýen sözleri hem ýeterlikdi».
15 Birnäçe ýyl mundan öň aýaly aradan çykan Wilýam dogan şeýle diýýär: «Dogan-uýalar aýalym hakda ýakymly zatlary aýdanlarynda, gaty begenýärin. Bu olaryň aýalyma hormat goýup, gowy görendiklerine hasam ynamymy artdyrýar. Men aýalymy gaty gowy görýärdim. Şonuň üçin imandaşlarymyň ol hakda aýdýan zatlary meni hasam ruhlandyrýar». Adamsy aradan çykan Biýanka uýa bolsa şeýle diýýär: «Başgalar meniň bilen doga edenlerinde, Mukaddes Ýazgylardan birki aýat okanlarynda, ýoldaşym bilen bolan gyzykly wakalary ýatlanlarynda ýa-da özüm gürrüň beren wagtym ünsli diňlänlerinde, hasam göwnüm göterilýär».
16 Rutuň Nagomyny elmydama goldaýşy ýaly, bizem ýakynyny ýitiren dogan-uýalary goldap durmaly. Ýokarda agzalan Paula şeýle diýýär: «Ýoldaşym aradan çykanda, dogan-uýalaryň hemmesi ýanyma gelip, maňa teselli berýärdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, her kim öz işi bilen gümra bolup başlady. Meniň bolsa, hiç zada elim barmaýardy. Ýakynyň aýrylanda, sen bir aý ýa-da bir ýyl däl-de, ençeme ýyllap tesellä mätäç bolýan ekeniň. Başgalar hem muňa düşünse gowy bolardy». Elbetde, hemmäniň ýagdaýy birmeňzeş bolmaýar. Käbirleri bolan zatlary derrew ýadyndan çykarsa, başgalar muny uzak wagtlap ýatdan çykaryp bilmeýär. Ýakynynyň ölümi her kime her hili täsir edýär. Ýehowanyň bize ýanýoldaşyny ýitiren adamlar hakda alada etmegi tabşyrandygyny unutmalyň. Bu uly hormat we jogapkärçilik (Ýakup 1:27-ni okaň).
AWGUST 16—22
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 27, 28
«Üstüňize... bereket ýagar»
Hudaýyň ruhy bilen ýolbaşçylyk edýän Patyşa bereket eçer
18 Hudaýyň Sözüni we berýän ruhy iýmitlerini ýürekden kabul etmeli (Mat. 24:45). Şeýle-de Hudaýa we Onuň Ogluna gulak asmaly. Isa şeýle diýdi: «Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb“ diýen her adam Gökleriň Patyşalygyna girmez, diňe göklerdäki Atamyň islegini berjaý eden girer» (Mat. 7:21). Şeýle-de Hudaýa gulak asmak üçin mesihçiler ýygnagyna berlen «sylaglara», ýagny ýaşululara tabyn bolmaly (Efes. 4:8).
w01 15/9 sah. 10, abz. 2
Ýehowa haçan bereket berýär?
2 5 Musa 28:2-däki «gulak asmak» diýip terjime edilen ýewreý işligi dowamly hereketi aňladýar. Hawa, biz Ýehowa wagtal-wagtal däl-de, hemişe gulak asmaly. Diňe şonda Hudaýdan bol bereket alyp bileris. Aýatdaky «gurşap almak» diýip terjime edilen ýewreý işligi awçylyk bilen bagly bolup, yzyndan ýetmegi, tutmagy aňladýar.
Ýehowanyň bereketlerini almaga jan ediň
4 Ysraýyllar Hudaýa nädip gulak asmalydylar? Musanyň kanunyna görä, Hudaýy razy etmek üçin ysraýyllar «şadyýanlyk we joşgunly ýürek bilen» gulluk etmelidiler (Kanun taglymaty 28:45—47-nji aýatlary okaň). Ýehowa adamlaryň oýlanman ýa gorkup gulak asmagyny islemeýär, çünki janly-jandarlar we jyn-arwahlar şeýle gulak asýar (Mar. 1:27; Ýakup 3:3). Söýgi — Hudaýa ýürekden gulak asmaga höweslendirýär. Biz Ýehowanyň buýruklarynyň agyr däldigine we Onuň «Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna» iman etsek, şatlyk bilen gulak asarys (Ýew. 11:6; 1 Ýahýa 5:3).
Ruhy dürdäneler
it «Araçäk»
Araçäk
Ýehowanyň kanunynda goňşyň bilen araçägi süýşürmek gadagan edilýärdi (5Ms 19:14; Nak 22:28-e serediň). Hatda «goňşusynyň araçägini süýşürene nälet» okalýardy (5Ms 27:17). Araçägi süýşürýän adam doganynyň hakyny iýýän ýaly bolýardy, sebäbi adamlar melleginden alan hasylynyň hasabyna gününi görýärdi. Gadymy döwürde araçägi süýşürmek ogurlyk bilen deň görülýärdi (Eýp 24:2). Ysraýyllaryň arasynda hem şeýle edýän ynsapsyz adamlar bardy. Hoşeýa pygamberiň döwründe Ýahudanyň hanlary araçägi süýşürýän adama meňzedilipdir (Hoş 5:10).
AWGUST 23—29
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 29, 30
«Ýehowa gulluk etmek kyn däl»
w09 1/11 sah. 31, abz. 2
Ýehowa bize erkinlik berýär
Hudaýyň tabşyryklaryny öwrenip, berjaý etmek kynmy? Musa pygamber: «Size berýän tabşyrygym kyn ýa-da elýetmez däldir» diýdi (5 Musa 30:11). Ýehowa başarmajak zadymyzy talap etmeýär. Hudaýyň tabşyryklary peýdaly, ýerine ýetirmek kyn däl, olary her bir adam öwrenip bilýär. Munuň üçin «göge çykmak» ýa-da «deňizden geçmek» gerek däl (5 Musa 30:12, 13). Mukaddes Kitapda Hudaýy razy etmek üçin näme etmelidigi aýdylýar (Mikaý 6:8).
w09 1/11 sah. 31, abz. 1
Ýehowa bize erkinlik berýär
ÇAGALYGY agyr geçen bir uýa: «Men Ýehowa soňuna çenli wepaly bolup bilmerin öýdüp gorkýardym» diýýär. Şeýle pikir etmek dogrumy? Adamyň geçmişi Ýehowa wepaly bolmaga päsgel berip bilermi? Elbetde, ýok. Ýehowa Hudaý bize erkinlik berdi. Şonuň üçin nähili karara gelmelidigini özümiz çözýäris. Ýehowa biziň dogry karara gelmegimizi isleýär we Mukaddes Kitap arkaly görkezme berýär. Geliň, Musa pygamberiň 5 Musa 30-njy bapda aýdan sözleri hakda oýlanalyň.
w09 1/11 sah. 31, abz. 4
Ýehowa bize erkinlik berýär
Gelýän kararlarymyz Ýehowa üçin wajypmy? Elbetde. Musa pygamber Hudaýyň ylhamy bilen: «Ýaşaýşy saýlaň» diýdi (5 Musa 30:19). Biz nädip ýaşaýşy saýlap bileris? Musa pygamber muny şeýle düşündirdi: «Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp, gulak asyp, wepaly boluň» (5 Musa 30:20). Eger biz Ýehowany söýsek, oňa gulak asarys, kyn ýagdaýda-da wepaly bolarys. Şeýdip, häzirden bagtly bolarys we Hudaýyň berjek täze dünýäsinde ebedi ýaşarys (2 Petrus 3:11—13; 1 Ýahýa 5:3).
Ruhy dürdäneler
it «Gulak»
Gulak
Ýehowa pygamberleri arkaly boýnuýogyn ysraýyllara gulaklarynyň «sünnetlenmändigini», ýagny gapylandygyny aýtdy (Ýer 6:10; Res 7:51). Olaryň gulagyna göýä bir zat dykylan ýaly. Ýehowa ruhy zatlary gymmat saýmaýan adamlaryň gulagyny gapýar. Ýöne özüne gulak asýanlara akyl-paýhas, düşünje berýär (5Ms 29:4; Rim 11:8). Pawlus resul köp mesihçileriň Hudaýyň Sözündäki hakykatdan ýüz öwrüp, «gulagyna ýakymly zatlary gürrüň berýän mugallymlary» diňlejek döwri hakda ýazdy (2Tm 4:3, 4; 1Tm 4:1).
AWGUST 30—SENTÝABR 5
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 31, 32
«Musa pygamberiň aýdymyndan köp zatlary öwrenýäris»
«Bütin kalbym bilen adyňdan gorkaýyn»
8 Ysraýyllar Wada edilen ýurda girjek bolup durdular. Şonda Ýehowa Musa pygambere bir aýdym öwretdi (5 Mus. 31:19). Musa hem şol aýdymy halka öwretmelidi (5 Musa 32:2, 3-nji aýatlary okaň). Şu aýatlardan görnüşi ýaly Ýehowa öz adynyň gizlin saklanmagyny we adyny şeýle mukaddes hasaplap, ony tutmakdan gorkmaklaryny islemeýär. Ýehowa adyny hemmeleriň bilmegini isleýär. Ysraýyllar Musa pygamberiň Ýehowa we onuň ady hakda aýdan sözlerini eşidip örän begenendir! Musanyň sözleri gök otlara ýagan ýagyş deý ysraýyl halkyny ruhlandyrdy we berkitdi. Adamlara wagyz edenimizde Musanyň göreldesine nädip eýerip bileris?
9 Biz köpçülik ýerlerinde ýa-da öýden-öýe wagyz edenimizde adamlara Mukaddes Kitapdan Hudaýyň Ýehowa adyny görkezip bileris. Şeýle-de olara owadan suratly edebiýatlarymyzy, gyzykly wideolarymyzy we saýtymyzdan peýdaly maslahatlary görkezip bileris. Şonda biz Ýehowany şöhratlandyrarys. Mekdepde, işde ýa-da dynç alşa gidenimizde adamlara mähriban Hudaýymyz we onuň ajaýyp häsiýetleri barada gürrüň bermäge jan etmeli. Adamlara Ýehowanyň adamzat we ýer ýüzi babatdaky ajaýyp niýetini aýtsak, olar ömründe ilkinji gezek Ýehowanyň her birimizi güýçli söýýändigine düşüner. Söýgüden doly Atamyz hakda hakykaty wagyz etsek, onuň adynyň aklanmagyna goşant goşarys. Adamlaryň Hudaý hakda bilýän zatlarynyň ýalandygyna düşünmäge kömek ederis hem-de Mukaddes Kitapdan iň gowy we peýdaly bilimi teklip ederis (Işa. 65:13, 14).
w09 1/5 sah. 14, abz. 4
Mukaddes Kitapdaky meňzetmelere düşünýärsiňizmi?
Mukaddes Kitapda Ýehowa «arkadagym», «penam», «galam» diýilýär (2 Şamuwel 23:3; Zebur 18:2; 5 Musa 32:4). Sebäbi Penakärimiz Ýehowa sarsmaz gala, belent dag ýaly halkyny howpdan goraýar.
w01 1/10 sah. 9, abz. 7
Çagalaryňyza tälim bereniňizde Ýehowadan görelde alyň
7 Geliň, Ýehowanyň ysraýyllara bildiren söýgüsi hakda gürrüň edeliň. Ýehowanyň Müsürden çykaran halkyny söýýändigini görkezmek üçin Musa pygamber şeýle täsirli mysal getirdi: «Jüýjelerini höwürtgesinden çykaryp, üstlerinde pena bolup uçýan, ganat ýaýyp, arkasyna alýan, jüýjelerini ganatynda göterýän bürgüt deý, Ýehowanyň özi Ýakuba ýol görkezdi» (5 Musa 32:9, 11, 12). Adatça, bürgütleriň höwürtgesi gaýada bolýar. Bürgüt jüýjelerine uçmagy öwretmek üçin ilki olary ganatlary bilen höwürtgesinden çykarýar. Jüýjesi uçmagy öwrenýärkä, bürgüt onuň üstünde «pena bolup uçýar». Eger jüýjesi ýere gaçjak bolsa, ol ganatlaryny ýaýyp, ony arkasyna alýar. Şonuň ýaly Ýehowa hem ysraýyllaryň söýgi bilen aladasyny etdi. Hudaý olara Musa pygamber arkaly Kanun berdi (Zebur 78:5—7). Allatagala halkyna hemişe gözegçilik edip, betbagtçylyga uçranda dadyna ýetişýärdi.
Ruhy dürdäneler
w04 15/9 sah. 27, abz. 12
5 Musa kitabyndan peýdaly pikirler
31:12. Çagalar uly ýaşly dogan-uýalaryň ýanynda oturyp, ýygnak duşuşygynda ünsli diňlemeli we öwrenmeli.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Çagalaryma nädip terbiýe berip bilerin?
Çagalarymyza Ýehowany söýmegi we gulak asmagy nädip öwredip bileris? Muny Ýehowanyň Musa pygamber arkaly ysraýyl halkyna beren kanunyndan bilip bolýar. Ene-atalara şeýle tabşyryk berilýär: «Ýehowa Hudaýyňyzy bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz, bütin güýjüňiz bilen söýüň. Tabşyrjak zatlarymy hemişe ýüregiňizde saklap, çagalaryňyzyň hem aňyna, ýüregine guýuň. Olary çagalaryňyza öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-da, turanyňyzda-da öwrediň» (5 Musa 6:5—7).
Şu günlerem Hudaýyň şu tabşyrygyndan wajyp zatlary öwrenip bolýar. Meselem, ene-atalar görelde görkezmeli. Çagalaryna Ýehowany söýmegi öwretmek üçin, ene-atalaryň ilki özleri Hudaýy söýmeli we tabşyryklaryny ýüreginde saklamaly. Sebäbi çagalar köp zady ene-atasyndan öwrenýär. Çagalar gören zadyny gaýtalaýar. Olaryň ene-atasyndan alan terbiýesi bütin ömrüne täsir edýär.
Hudaýy ýürekden söýýändigiňiz, maksatlaryňyz we gymmat saýýan zatlaryňyz diňe bir aýdýan sözleriňizden däl-de, edýän işleriňizden hem görünmeli (Rimliler 2:21, 22). Çagalar kiçiliginden ene-atasyndan görelde alyp başlaýar. Ene-atasy üçin wajyp zatlar çaga üçin hem wajyp bolýar. Eger siz Ýehowany ýürekden söýseňiz olar muny görer. Meselem, siziň Mukaddes Kitaby okamagy, şahsy okuwyny geçirmegi wajyp saýýandygyňyza, Patyşalygy birinji orunda goýýandygyňyza göz ýetirer (Matta 6:33). Şeýle-de siz ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barsaňyz, wagza yhlasly gatnaşsaňyz, çagalaryňyz Ýehowa edilýän mukaddes gullugy wajyp saýýandygyňyzy görer (Matta 28:19, 20; Ýewreýler 10:24, 25).