Özüňizi mynasyp alyp barmak bilen Ýehowany şöhratlandyryň
«Sen (Ýehowa) hormat we şöwket geýnipsiň» (ZEB. 104:1).
1, 2. a) «Hormat» diýmek nämäni aňladýar? b) Biz bu makalada haýsy soraglara serederis?
MUKADDES ÝAZGYLARDA Hudaýyň hormata mynasypdygy barada: «Ýa Reb, Hudaýym, Sen gaty ulusyň; Sen hormat we şöwket geýnipsiň» diýilýär (Zeb. 104:1). Pawlusyň sözlerinden görnüşi ýaly, adamlar hem gowy geýnip, özüni hormata mynasyp alyp barýarlar. Meselem, ol mesihçi aýallara özlerini «saç örümleri, gyzyllar, hünjüler we gymmatbaha eşikler bilen däl-de, eýsem ýaraşykly egin-eşikler, haýa we salykatlylyk bilen» bezemegi maslahat berdi (1 Tim. 2:9). Emma Ýehowany şöhratlandyrmak üçin diňe hormata mynasyp geýinmek ýeterlikli däl (Zeb. 111:3).
2 Mukaddes Ýazgylarda «hormat» diýip terjime edilen ýewreý sözi käwagt «şöhrat», «mertebe», «dabaraly» we «uly» diýen sözleri öz içine alýar. «Türkmen diliniň sözlüginde» «hormatlamak» diýen söz «birine hormat goýmak, sylag, hormat etmek, biriniň ýa-da bir zadyň hatyrasyny tutmak, hezzet goýmak» diýmegi aňladýar. Ýehowadan başga hiç kim uly hormata we şöhrata mynasyp däldir. Şol sebäpli, biz Hudaýyň gullukçylary sözde we iş ýüzünde ony şöhratlandyrmaly. Näme üçin adamlar özlerini mynasyp alyp barmagy başarýarlar? Ýehowa hormatyny we şöhratyny nädip görkezýär? Hudaýyň uly işleri bizi nämä höweslendirmeli? Başga adamlara hormat goýmakda Isa Mesih nähili görelde görkezdi? Hudaýyň hormata mynasyp gullukçysy bolmak nämäni aňladýar?
Adamlar özlerini mynasyp alyp barmagy başarýar
3, 4. a) Ýehowanyň bizi hormata mynasyp etmegi nämä höweslendirmeli? b) Zebur 8:5—9-njy aýatlarda kim hakynda pygamberlik edilýär? (Çykgyda serediň). ç) Ýehowa geçmişde kime hormat bildirdi?
3 Hudaýyň adamlary öz suratyna görä ýaradandygy sebäpli, olaryň ählisi özlerini hormata mynasyp alyp barmagy başarýarlar. Ýehowa ilkinji ynsana ýer ýüzüniň aladasyny etmegi tabşyryp, ony hormatlady (Bar. 1:26, 27). Adamlar kämilligini ýitirenden soň hem Ýehowa bu hormatly borjy olaryň ýerine ýetirmäge mynasypdygyny görkezdi. Şeýdip, Hudaý adamlara «hormat täjini» geýdirdi (Zebur 8:5—9-njy aýatlary okaň)a. Ýehowanyň bizi hormata mynasyp edendigine düşünmeklik özümizi mynasyp alyp barmak bilen, Ýehowanyň beýik adyny şöhratlandyrmaga höweslendirmeli.
4 Ýehowa gullukçylaryny aýratyn hormata mynasyp edýär. Hudaý Habylyň gurbanyny kabul edip, ony hormatlady. Onuň dogany Kabylyň gurbanyny bolsa kabul etmedi (Bar. 4:4, 5). Hudaý Musa «şöhratyndan bir bölegini» Ysraýylyň baştutany boljak Ýeşuwa bermelidigini aýtdy (San. 27:20). Mukaddes Ýazgylarda Dawudyň ogly Süleýman barada şeýle diýilýär: «Ýehowa ähli ysraýyllylaryň öňünde Süleýmany beýgeldip, ondan öňki Ysraýyl patyşalarynyň hiç birinde bolmadyk patyşalyk mertebesini berdi» (1 Tar. 29:25). Hudaýyň «Patyşalygynyň şöhratly şöwkedini» wepaly yglan edip ölen we soňra direlen mesh edilen mesihçileri Hudaý uly hormata mynasyp etdi (Zeb. 145:11—13). Şeýle-de Isanyň «başga goýunlary» Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak bilen, aýratyn hormata mynasyp boldular (Ýahýa 10:16).
Ýehowanyň hormatynyň we şöhratynyň aýan bolmagy
5. Ýehowa nähili derejede beýik?
5 Dawut mezmurlarynyň birinde Hudaýyň adamdan nähili derejede beýikdigine üns berip, şeýle nagma aýtdy: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly! Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň» (Zeb. 8:1). Bütin Älem-jahanda Ýehowa Hudaý ebedi beýik Şahsyýetdir. «Gök we ýer ýaradylmazdan» öň, oňa meňzeş hiç kim ýokdy hem-de ýer ýüzüni Jennete öwürmek, ynsan maşgalasyna kämilligi bermek niýeti amala aşandan soňam, oňa deň gelip biljek hiç kim bolmaz (Bar. 1:1; 1 Kor. 15:24—28; Ylh. 21:1—5).
6. Näme üçin mezmurçy Ýehowa hormat geýnipdir diýdi?
6 Mezmurçy Dawut gije göwher kimin ýylpyldaýan ýyldyzdan doly asmany görüp, tolgunan bolmaly! Ol Hudaýyň ussatlyk bilen «gökleri perde kimin gerenine» geň galyp, Ýehowany hormat geýnen ýaly suratlandyrdy. Sebäbi Ol döredijiligiň beýik ussady (Zebur 104:1, 2-nji aýatlary okaň). Göze görünmeýän Ýaradyjynyň hormaty we şöhraty onuň ýaradan zatlarynda aýdyň görünýär.
7, 8. Nädip asman Ýehowanyň beýikligini we şöhratyny görkezýär?
7 Meselem, Akmaýa atly Galaktikamyza seredeliň. Örän köp ýyldyzlar, planetalar we gün sistemasy bilen deňäniňde Ýer şary kiçijik çäge bölejigi ýaly görünýär. Biziň bir Galaktikamyzda ýüz milliarddan gowrak ýyldyz bar! Eger biz bu ýyldyzlaryň her birini bir-birden sanasak, muňa üç müň ýyldan gowrak wagt gerek bolar.
8 Eger biziň Galaktikamyzda ýüz milliard ýyldyz bar bolsa, onda Älem-jahan barada näme diýse bolar? Käbir astronomlaryň aýtmagyna görä, 50-den tä 125 milliarda çenli galaktika bar. Onda Älem-jahanda ýyldyzlaryň sany näçe? Olaryň sany haýran galdyrýar! Ýöne Ýehowa «ýyldyzlaryň sanyny hasaplaýar, ählisiniň adyny tutup çagyrýar» (Zeb. 147:4). Biz Ýehowanyň hormat we şöhrat geýnendigine düşünip, onuň beýik adyny şöhratlandyrmarysmy?
9, 10. Nädip ýönekeý çörek Ýehowanyň paýhaslydygyny subut edýär?
9 Geliň, indi has ýönekeý çörek mysalyna seredeliň. Ýehowa diňe bir «gökleriň we ýeriň» Ýaradyjysy bolman, ol «açlara-da nan berýär» (Zeb. 146:6, 7). Hudaýyň beýik işlerinde onuň hormaty we şöhraty görünýär. Meselem, ol galla ýaratdy, biz ondan çörek bişirýäris (Zebur 111:1—5-nji aýatlary okaň). Isa şägirtlerine: «Gündelik çöregimizi bize şu gün ber» diýip, doga etmegi öwretdi (Mat. 6:11). Gadymy döwürde köp adamlaryň we ysraýyllylaryň esasy iýmiti çörekdi. Çörek ýönekeý iýmit hasaplansa-da, onuň düzümindäki birnäçe esasy zatlar, ony tagamly edýär, emma çöregi taýýarlamak aňsat däl.
10 Mukaddes Ýazgylaryň ýazylýan döwründe ysraýyllylar suwa bugdaý ýa-da arpa ununy garyp, çörek edýärdiler. Olar käwagt çörege hamyrmaýa goşýardy. Bu ýönekeý zatlar biri-birine garylyp turşaýar. Ýöne hamyryň nähili turşaýandygyna doly düşünip bolmaýar. Galyberse-de, adamyň aşgazanynda çöregiň siňmegi, ýene-de bir syr bolup galýar! Mezmurçynyň: «Ýa Reb, Seniň işleriň nähili köp! Sen olaryň ählisini akyldarlyk bilen etdiň» diýen sözleri, geň galdyrmaýar (Zeb. 104:24). Bu sizi-de Ýehowany şöhratlandyrmaga höweslendirýärmi?
Hudaýyň uly işleri sizi nämä höweslendirýär?
11, 12. Ýehowanyň ýaradan zatlary barada oýlanmak bizi nämä höweslendirýär?
11 Gijeki asmanyň owadanlygyny görmek üçin ýa-da tagamly çöregiň lezzetini bilmek üçin şol ugurdan hünärli bolmak gerek däl. Emma Ýaradyjymyzyň beýikligini bilmek üçin onuň elleriniň işleri barada oýlanmak gerek. Şeýle oýlanyş bizi näme höweslendirmeli? Ýokarda aýdylşy ýaly, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmaga höweslendirmeli.
12 Dawut Ýehowanyň halky üçin eden uly işleri barada şeýle diýdi: «Men Seniň şöhratyň hormatly şöwkedi, Seniň ajaýyp işleriň barada pikire giderin» (Zeb. 145:5). Biz Dawut ýaly Mukaddes Ýazgylardan okan zatlarymyz barada oýlanmaly. Şeýle oýlanmak bize nähili kömek berýär? Biz Ýehowanyň beýikdigine we hormatlydygyna düşünýäris. Bu bizi Dawut ýaly: «Men hem Seniň ululygyňy yglan ederin» diýip, Ýehowany şöhratlandyrmaga höweslendirer (Zeb. 145:6). Hudaýyň uly işleri barada oýlanyp, Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkideris we ol barada adamlara yhlasly hem ynam bilen wagyz ederis. Siz adamlara hoş habary yhlasly wagyz edip, olara Ýehowanyň beýikligini, hormatyny, şöhratyny gymmat saýmaga kömek edýärsiňizmi?
Isa Hudaýyň hormatyny gowy görkezdi
13. a) Daniýel 7:13, 14-nji aýatlara görä, Ýehowa Isany nähili hormata mynasyp etdi? b) Hudaýyň bellän patyşasy Isa raýatlaryna nähili garaýar?
13 Hudaýyň ogly Isa Mesih hoş habary yhlasly wagyz edip, gökdäki Atasynyň beýikligini we hormatyny şöhratlandyrdy. Ýehowa ýeke-täk ogluna «hökümdarlygy... patyşalygy» berip, aýratyn hormata mynasyp etdi (Daniýel 7:13, 14-nji aýatlary okaň)b. Emma Isa ulumsy we tekepbir bolmady. Ol rehimdar patyşadyr. Isa raýatlarynyň ejizligine düşünýär, olaryň mümkinçiliginiň çäklidigini göz öňünde tutup, hormat goýýar. Köpçüligiň sylamaýan we halamaýan adamlaryna Isanyň nähili garandygyna seredeliň.
14. Gadymy ysraýylda heýwere keselli adama nähili garaýardylar?
14 Gadymy döwürde heýwere keselli adamlar, köplenç, ejir çekip, kem-kemden ölýärdi. Bu kesel olaryň bedenine kem-kemden ýaýraýardy. Heýwere keselli adamy bejermek öli adamy direlden ýaly hasaplanýardy (San. 12:12; 4 Pat. 5:7, 14). Heýwere keselli adamlary arassa däl diýip yglan edip, olary ýigrenip, jemgyýetden çetleşdirýärdiler. Adamlar olara ýakynlaşanda, olar: «Men keselli!» diýip, gygyryp duýdurmalydylar (Lew. 13:43—46). Heýwere keselli adam öli ýalydy. Ýehudy ruhanylaryň adatyna görä, heýwere keselli adam ýehudylaryň ýanyna dört tirsek (takmynan 1,8 metr) daşlykda durmalydy. Gadymy ýehudylaryň kitabynda bir ruhanynyň heýwere keselli adamlar golaýlaşmaz ýaly, olary daşlandygy barada aýdylýar.
15. Isa heýwere keselli adama nähili garady?
15 Heýwere keselli adam Isanyň ýanyna gelip, sagaltmagyny haýyş edýär. Isanyň oňa nähili garandygyna üns bereliň (Markus 1:40—42-nji aýatlary okaň). Isa heýwere keselli adamy kowman oňa duýgudaşlyk bildirip, hormat goýýar. Ol Isa üçin kömege mätäç bir bagtsyz adamdy. Isanyň oňa ýüregi gyýylyp, kömek etmek isledi. Ol heýwere keselli adama elini degirip sagaltdy.
16. Isanyň adamlar bilen özüni alyp barşyndan näme öwrenýäris?
16 Biz Isanyň göreldesine eýerip, gökdäki Atamyzyň hormatyny nädip görkezip bileris? Ähli adamlar abraýyna, ýaşyna we saglygyna garamazdan biziň hormat goýmagymyza mynasypdyr (1 Pet. 2:17). Aýratynam, jogapkärli borjy ýerine ýetirýän maşgalabaşa, ata-enelere, mesihçi ýaşululara hormat goýmaly. Olar hem alada edýän adamlaryny gymmat saýyp, hormat goýmaly. Muny ähli mesihçilerden talap edilýändigini Pawlus resul: «Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» diýip nygtaýar (Rim. 12:10).
Mukaddes gulluk etmek bilen Ýehowany şöhratlandyryň
17. Mukaddes gullugy Ýehowa hormata mynasyp ýerine ýetirmek barada Mukaddes Ýazgylardan näme öwrendik?
17 Mukaddes gulluk etmek bilen Ýehowany şöhratlandyrmak wajypdyr. Wagyzçy 5:1-de şeýle diýilýär: «Hak Hudaýyň öýüne baranyňda, ädimleriňe üns ber». Musa bilen Ýeşuw mukaddes ýerde duranda, olara çarygyny çykarmak tabşyryldy (Çyk. 3:5; Ýeş. 5:15). Olar muny etmek bilen, hormat goýandygyny görkezmelidi. Ysraýylly ruhanylar «bedeniniň açyk ýerini örtmek» üçin kendir matadan balak geýmelidiler (Çyk. 28:42, 43). Olar gurban berilýän ýerde gulluk edenlerinde, teninde açyk ýeri bolmazlygy üçin edýärdi. Ruhanylar maşgalasynyň ähli agzalary özlerini mynasyp alyp barşy we daş-keşbi bilen Hudaýa hormat goýmalydy.
18. Mukaddes gullugy Ýehowa mynasyp ýerine ýetirmeklik nämäni aňladýar?
18 Biz Hudaýa sežde edip, ony şöhratlandyrmagyň hormat bilen baglydygyny bildik. Hormata mynasyp bolmak üçin oňa laýyk özüňi alyp barmaly. Özümizi mynasyp alyp barmak bu bir zady göz üçin etmegi aňlatmaýar. Hormat diňe adamyň daş-keşbinden görünmeli däl, ol adamyň gözünden gizlin, ýöne Hudaýa görünýän ýüregimize täsir etmeli (1 Pat. 16:7; Sül. tym. 21:2). Ol biziň esasy häsiýetimiz bolmaly we özümizi alyp barşymyza, höwesimize, adamlara hem-de özümize bolan garaýşymyza täsir etmeli. Biziň hormatymyz ähli zatda, sözde we iş ýüzünde görünmeli. Biz özümizi alyp barşymyz, egin-eşigimiz we saçymyza timar berşimiz bilen, Pawlus resulyň beren maslahatyna eýermeli. Ol şeýle diýdi: «Gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolman, her zatda Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümize maslahat berýäris» (2 Kor. 6:3, 4). Şeýtmek bilen, biz «Hudaýymyzyň taglymatyny her babatda bezäris» (Titus 2:9).
Hudaýyň mynasyp gullukçysy bolup galyň
19, 20. a) Biz adamlary nädip hormatlap bileris? b) Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?
19 Mesh edilen mesihçiler «Mesihiň ilçisi» hökmünde mynasyp gulluk edýärler (2 Kor. 5:20). «Başga goýunlar» olary wepaly goldap, Hudaýyň Patyşalygynyň wekilleri bolup gulluk edýärler. Ilçiler bilen wekiller hökümeti barada hormat we batyrgaýlyk bilen gürrüň berýärler. Bizem Hudaýyň Patyşalygyny hormat we mertlik bilen goramaly (Efes. 6:19, 20). Adamlara «iň gowy hoş habary» wagyz etmek bilen hormat goýýarys (Iş. 52:7).
20 Biz özümizi mynasyp alyp barşymyz bilen Hudaýy şöhratlandyrmagy berk ýüregimize düwmeli (1 Pet. 2:12). Geliň, hemişe Hudaýa, hakyky sežde bilen bagly zatlara we imandaşlara hormat goýalyň. Goý, biziň mukaddes gullugymyz hormat we şöhrat geýnen Ýehowa ýarasyn!
a Dawudyň 8-nji mezmurda ýazylan pygamberlik sözleri kämil ynsan bolan Isa Mesihe-de degişli (Ýew. 2:5—9).
b Daniýel 7:13, 14: Soňra men gije görnüşde ynsan ogluna meňzeş biriniň gökleriň bulutlary bilen gelýänini gördüm. Oňa Gadymy Günleriň ýanyna barmaga rugsat berildi we ol Onuň ýanyna eltildi. Ähli halklar, taýpalar we diller oňa gulluk eder ýaly hökümdarlyk, mertebe we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy ebedi, hiç haçan geçmez we patyşalygy ýumrulmaz.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Ýehowanyň beýikligine düşünmek bizi nämä höweslendirýär?
• Biz Isanyň heýwere keselli adama garaýşyndan näme öwrenýäris?
• Biz nädip mynasyp alyp barşymyz bilen Ýehowany şöhratlandyrýarys?