IKINJI PATYŞALAR KITABY
1 Ahap ölenden soň, Mowap+ ýurdy Ysraýyla garşy aýaga galdy.
2 Bir gün Ahazýa Samariýada ýokarky otagyň penjiresinden* gaçyp ýaralandy. Ol: «Men sagalarynmy, gidiň-de, Ekronyň+ taňrysy Bagal-zebupdan sorap görüň»+ diýip çaparlaryny ýollady. 3 Şonda Ýehowanyň perişdesi tişbeli Ylýasa*+ şeýle diýdi: «Tur-da, Samariýa patyşasynyň çaparlarynyň öňünden çykyp: „Ekronyň taňrysy Bagal-zebupdan soramaga gider ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy?+ 4 Ýehowa şeýle diýýär: „Sen düşegiňden galman ölersiň“ diý». Ylýas aýdylyşy ýaly etdi.
5 Çaparlar yzyna baranda, patyşa: «Eýýäm geldiňizmi?» diýdi. 6 Olar patyşa şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp: „Gidiň-de, patyşa aýdyň. Ýehowa şeýle diýýär: „Ekronyň taňrysy Bagal-zebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy? Indi sen düşegiňden galman ölersiň“+ diýdi». 7 Patyşa: «Öňüňizden çykan adamyň sypaty nähilidi?» diýip sorady. 8 Olar: «Egninde ýüňden edilen dony+, bilinde gaýyş* guşagy bardy»+ diýdiler. Şonda patyşa: «Ol tişbeli Ylýasdyr» diýdi.
9 Patyşa Ylýasyň ýanyna ellibaşy bilen 50 esgerini iberdi. Şol wagt Ylýas dagyň depesinde otyrdy. Ellibaşy Ylýasyň ýanyna baryp: «Eý hak Hudaýyň guly+, patyşa saňa aşak düş diýýär» diýdi. 10 Ylýas: «Eger men Hudaýyň guly bolsam, gökden ot inip+, seni 50 esgeriň bilen ýakyp kül etsin» diýdi. Şonda gökden ot inip, ellibaşy bilen 50 esgerini ýakyp kül etdi.
11 Patyşa ýene bir ellibaşyny 50 esgeri bilen Ylýasyň ýanyna iberdi. Ol Ylýasyň ýanyna baryp: «Hak Hudaýyň guly, patyşa saňa häziriň özünde aşak düş diýýär» diýdi. 12 Emma Ylýas: «Eger men hak Hudaýyň guly bolsam, gökden ot inip, seni 50 esgeriň bilen ýakyp kül etsin» diýdi. Şonda gökden ot inip, ellibaşy bilen 50 esgerini ýakyp kül etdi.
13 Patyşa üçünji ellibaşyny 50 esgeri bilen Ylýasyň ýanyna iberdi. Şol ellibaşy Ylýasyň ýanyna baryp, dyza çökdi-de, rehim-şepagat diläp: «Eý hak Hudaýyň guly, maňa we 50 esgerime haýpyň gelsin, bizi öldürme. 14 Gökden inen ot öňki ellibaşylary esgerleri bilen ýakyp kül etdi, ýöne maňa haýpyň gelsin» diýip ýalbardy.
15 Şonda Ýehowanyň perişdesi Ylýasa: «Gorkma, onuň bilen gidiber» diýdi. Ylýas turup, ellibaşy bilen patyşanyň ýanyna gitdi. 16 Ylýas Ahazýa patyşa: «Ýehowa şeýle diýýär: „Ekronyň+ taňrysy Bagal-zebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy?+ Hudaýdan näme üçin soramadyň? Indi ýatan düşegiňden galman ölersiň“» diýdi. 17 Ýehowanyň Ylýas pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ahazýa ýogaldy. Ogly bolmansoň, ýerine dogany Ýehoram+ patyşa boldy. Ol Ýahuda patyşasy Ýehoşapatyň ogly Ýehoramyň+ hökümdarlygynyň ikinji ýylynda patyşa boldy.
18 Ahazýanyň+ durmuşynda bolan başga-da wakalar we eden işleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr.
2 Ýehowanyň Ylýasy+ güýçli harasat bilen göge* almaly+ wagty golaýlapdy. Şonda Ylýas bilen Alyşa+ Gilgaldan+ çykdylar. 2 Ylýas Alyşa: «Ýehowa meni Beýtele iberýär, sen bärde gal» diýdi. Emma Alyşa: «Biribar Ýehowadan we seniň janyňdan ant içýärin, ýanyňdan aýrylmaryn» diýdi. Olar aşaklygyna Beýtele+ tarap ýörediler. 3 Beýteldäki pygamberler* Alyşanyň ýanyna gelip: «Ýehowanyň şu gün halypaňy aljakdygyny bilýäňmi? Indi ol ýanyňda bolmaz»+ diýdiler. Alyşa: «Hawa, bilýärin, ýöne sesiňizi çykarmaň» diýdi.
4 Ylýas bolsa: «Alyşa, Ýehowa meni Ýerihona+ iberýär, sen bärde gal» diýdi. Emma Alyşa: «Biribar Ýehowadan we seniň janyňdan ant içýärin, ýanyňdan aýrylmaryn» diýdi. Şeýdip, olar Ýerihona gitdiler. 5 Ýerihondaky pygamberler* Alyşanyň ýanyna gelip: «Ýehowanyň şu gün halypaňy aljakdygyny bilýäňmi? Indi ol ýanyňda bolmaz» diýdiler. Alyşa: «Hawa, bilýärin, ýöne sesiňizi çykarmaň» diýdi.
6 Soňra Ylýas Alyşa: «Ýehowa meni Iordana iberýär, sen bärde galaý» diýdi. Ol bolsa: «Biribar Ýehowadan we seniň janyňdan ant içýärin, ýanyňdan aýrylmaryn» diýdi. Olar ýola düşdüler. 7 Elli sany pygamber* hem olaryň yzyna düşüp gitdi. Ylýas bilen Alyşa Iordanyň boýuna ýetende, pygamberler uzagrakda durup seretdiler. 8 Ylýas donuny+ çykaryp düýrledi-de, suwa urdy. Şonda derýa ikä bölündi. Olaryň ikisi gury ýerden geçdi+.
9 Derýadan geçenlerinde, Ylýas Alyşa: «Hudaý meni ýanyňdan almanka, näme islegiň bolsa aýt» diýdi. Alyşa: «Goý, maňa seniň ruhuňdan*+ iki paý+ berilsin» diýdi. 10 Ylýas: «Soran zadyň-a aňsat däl. Eger Hudaýyň meni alyp gidişini gözüň bilen görseň, soran zadyň berler, ýogsam berilmez» diýdi.
11 Ýolda gürleşip barýarkalar, birdenkä ikisiniň arasynda ot ýaly lowlap duran söweş araba bilen atlar peýda boldy+. Ylýas güýçli harasat içinde asmana göterildi+. 12 Muny gören Alyşa: «Atam, atam! Ysraýylyň söweş arabasy bilen atlylary!»+ diýip gygyrdy. Ylýas gözden ýitende, Alyşa egnindäki donuny ýyrtyp, ikä böldi+. 13 Soňra Ylýasyň gaçyp galan donuny+ alyp, ýene-de Iordanyň kenaryna bardy. 14 Ol Ylýasyň pygamberlik donuny suwa urup: «Ylýasyň Hudaýy Ýehowa nirede?» diýdi. Alyşa dony suwa uran badyna, derýa ikä bölündi, ol gury ýerden geçdi+.
15 Ýerihondaky pygamberler* Alyşany uzakdan görüp: «Ylýasyň ruhy Alyşa geçipdir»+ diýişdiler. Olar Alyşanyň öňünden çykdylar-da, dyza çöküp, tagzym etdiler. 16 Soňra: «Ine, aramyzda 50 sany batyr adam bar. Olar halypaňy gözlemäge gitsin. Belki, Ýehowanyň ruhy* ony daglaryň ýa jülgeleriň birine taşlandyr»+ diýdiler. Emma Alyşa: «Ýok, adam iberip oturmaň» diýdi. 17 Ýöne olar ýalbaryp duransoň, Alyşa özüni oňaýsyz duýup: «Gidibersinler» diýdi. Şeýdip, Ylýasy gözlemäge 50 adam iberdiler. Ony üç günläp gözlediler, ýöne tapyp bilmediler. 18 Olar Alyşanyň ýanyna Ýerihona+ gaýdyp geldiler. Şonda ol: «Men size gitmäň diýdim-ä» diýdi.
19 Birnäçe wagtdan şäheriň adamlary Alyşa: «Halypa, biler bolsaň, şäheriň ýerleşýän ýeri gowy+, ýöne suwy erbet, toprak hasyl berenok*» diýdiler. 20 Şonda Alyşa: «Kiçiräk täze tabaga duz salyp getiriň» diýdi. Olaram getirip berdiler. 21 Alyşa çeşmäniň gözbaşyna gidip, duzy suwa sepdi-de+: «Ýehowa şeýle diýýär: „Men suwy arassalaýaryn. Indi suw sebäpli ölüm-ýitim bolmaz, toprak hem hasylsyz bolmaz*“» diýdi. 22 Alyşanyň aýdyşy ýaly-da boldy. Şol suw häli-häzire çenli hem arassa.
23 Soňra Alyşa Beýtele gitdi. Ýolda barýarka, şäherden birtopar oglanjyk çykyp, onuň üstünden gülüp başlady+. Olar: «Eý, kel, ýok bol şu ýerden! Güm bol bärden, kel!» diýip gygyryşdylar. 24 Ahyry Alyşa yzyna öwrülip, çagalara seretdi-de, olara Ýehowanyň adyndan gargady. Şonda tokaýdan iki aýy*+ çykyp, 42 çagany parçalady+. 25 Alyşa ýoluny dowam edip, Karmel dagyna+ gitdi, soňra Samariýa gaýtdy.
3 Ýahuda patyşasy Ýehoşapatyň hökümdarlygynyň 18-nji ýylynda, Ahabyň ogly Ýehoram+ Samariýada Ysraýylyň patyşasy boldy. Ol 12 ýyl höküm sürdi. 2 Ýehoram Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi, ýöne kakasy bilen ejesi ýaly öte geçmändi. Ol kakasynyň Bagal üçin goýan keramatly sütünlerini aýrypdy+. 3 Emma Ýehoram Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň erbet işlerine baş goşup+, olardan el çekmeýärdi.
4 Mowap patyşasy Meşa maldarçylyk bilen meşgullanýardy. Ol Ysraýyl patyşasyna 100 000 guzy bilen 100 000 goç* salgyt töleýärdi. 5 Ahap aradan çykansoň+, Mowap patyşasy Ysraýyl patyşasyna garşy aýaga galdy+. 6 Şonda Ýehoram patyşa Samariýadan çykyp, tutuş Ysraýyly söweşe ýygnady. 7 Ol Ýahuda patyşasy Ýehoşapata hem habar ýollap: «Mowap patyşasy maňa garşy aýaga galdy. Meniň bilen Mowaba söweşe gitjekmi?» diýip sorady. Ýehoşapat: «Elbetde, giderin!+ Nökerlerimem, atlarymam seniňki»+ diýdi. 8 Ol Ýehoramdan: «Haýsy ýoldan gideris?» diýip soranda, patyşa: «Edom çölüne barýan ýoldan» diýip jogap berdi.
9 Şeýlelikde, Ysraýyl patyşasy Ýehoram ýanyna Ýahuda hem-de Edom+ patyşalaryny alyp, ýola düşdi. Olar aýlawly ýollardan ýedi gün ýörediler. Esgerlere we mal-garalara berer ýaly hiç hili suw galmady. 10 Şonda Ysraýyl patyşasy: «Işimiz gaýtdy! Ýehowa üçimizi-de mowaplaryň eline bermek üçin ýygnapdyr!» diýdi. 11 Ýehoşapat bolsa: «Ýehowadan sorap görer ýaly, bärde Ýehowanyň pygamberi ýokmuka?»+ diýdi. Ysraýyl patyşasynyň bir hyzmatkäri: «Şapatyň ogly Alyşa+ bar, ol Ylýas pygambere hyzmat edipdi*»+ diýdi. 12 Ýehoşapat: «Geliň, şondan sorap göreliň. Ol bize Ýehowanyň sözüni aýdar» diýdi. Soňra Ýehoşapat we Ysraýyl patyşasy Ýehoram Edom patyşasy bilen Alyşa pygamberiň ýanyna gitdiler.
13 Alyşa pygamber Ysraýyl patyşasyna: «Näme üçin geldiň? Gidip, kakaň bilen ejeň pygamberlerine ýüz tutmaly ekeniň-dä!»+ diýdi. Ysraýyl patyşasy: «Beý diýmesene, Ýehowa üç patyşany mowaplaryň eline bermek üçin ýygnapdyr» diýdi. 14 Şonda Alyşa: «Meniň gulluk edýän Serkerdebaşy Hudaýym Ýehowa diri şaýatdyr, ýanyňda Ýahuda patyşasy Ýehoşapat+ bolmadyk bolsa, seniň bilen gepleşmezdim, ýüzüňe-de seretmezdim+. 15 Hany, onda maňa bir sazanda*+ tapyň» diýdi. Sazanda arfa çalyp başlan badyna, Alyşanyň üstüne Ýehowanyň ruhy indi*+. 16 Şonda Alyşa: «Ýehowa şeýle diýýär: „Şu jülgäniň hemme ýerine çukur gazyp çykyň. 17 — Ýehowa yglan edýär — ýel turmasa-da, ýagyş ýagmasa-da, jülge suwdan dolar+. Özüňizem, malyňyzam şol suwdan içersiňiz“. 18 Size suw bermek Ýehowa üçin kyn däldir+. Ol Mowap ýurduny hem eliňize berer+. 19 Olaryň galalaryny+, iň gowy şäherlerini ýykan-ýumran ediň, ähli gowy agaçlaryny çapyň, çeşmelerini gömüň, mes topraklaryny daşdan dolduryň»+ diýdi.
20 Ertesi gün irdenki galla sadakasynyň berilýän wagty+, birdenkä Edom tarapdan suw akyp başlap, jülgäniň içi suwdan doldy.
21 Üç patyşanyň söweşe gelendigini eşidip, mowaplar söweşe ukyply* adamlaryny ýygnadylar-da, ýurduň serhedinde durdular. 22 Irden turup görseler, suwuň ýüzüne Gün düşüp durdy. Şonda beýleki tarapdaky mowaplara suw gyzyl gan ýaly bolup göründi. 23 Olar: «Serediň, gan ýaly-la! Patyşalar öz aralarynda urşup, bir-birlerini gylyçdan geçirendir. Mowaplar, ýörüň, olary talalyň!»+ diýip gygyryşdylar. 24 Ysraýyllaryň düşelgesine baranlarynda, ysraýyl esgerleri aýaga galyp, mowaplary gyryp başladylar, olar hem gaçdylar+. Ysraýyllar mowaplary kowalap, Mowaba çenli gyrdylar. 25 Mowaplaryň şäherlerini ýer bilen ýegsan etdiler. Ysraýyl esgerleri daş zyňyp, olaryň ekin meýdanlaryny daşdan doldurdylar, çeşmelerini gömüp+, gowy agaçlaryny çapdylar+. Diňe Hir-harasetiň+ daşdan salnan diwarlary galdy. Sapanly* esgerler ony hem gabap, weýran etdiler.
26 Mowap patyşasy ýeňilýändigini görüp, gylyçly 700 esgerini aldy-da, Edom+ patyşasynyň goşunynyň arasyndan böwsüp geçjek boldy, emma başarmady. 27 Şonda ol özünden soň patyşa boljak nowbahar ogluny alyp, diwaryň üstünde ýakyp gurban berdi+. Adamlar ysraýyllara gahar-gazap bilen topuldylar. Şonda olar mowaplardan yza çekilip, ýurduna dolandylar.
4 Bir pygamberiň*+ aýaly Alyşanyň ýanyna gelip: «Ärim ýogaldy, bilýänsiň, ol Ýehowadan gorkýan adamdy+. Indi algydarymyz gelip, iki çagamy gul edip äkitjek bolýar» diýip aglap başlady. 2 Şonda Alyşa: «Näme kömek gerek? Öýüňde nämäň bar?» diýip sorady. Aýal: «Bir küýze ýagdan başga zadym ýok»+ diýdi. 3 Alyşa oňa: «Bar, goňşy-golamyňdan gap sora. Näçe köp ýygnap bilseň, şonça gowy. 4 Soňam ogullaryň bilen içerik girip, gapyňy ýap-da, ýygnan gaplaryňy ýagdan doldur, dolduran gabyňy gyra süýşürip goý» diýdi. 5 Aýal hem Alyşanyň ýanyndan gaýtdy.
Ol ogullaryny alyp, öýe girdi-de, gapyny ýapdy. Ogullary gaplary uzadyp durdy, ol bolsa ýag guýdy+. 6 Gaplaryň hemmesi doldy. Aýal ogullarynyň birine: «Hany, ýene bir gap uzat»+ diýende, ol: «Başga gap ýok» diýdi. Ýag şol bada kesildi+. 7 Şonda aýal hak Hudaýyň gulunyň ýanyna gidip, bolan zatlary gürrüň berdi. Alyşa oňa: «Git-de, ýagy satyp, bergiňi ber, galan pulam iýjek çöregiňe ýeter» diýdi.
8 Günlerde bir gün Alyşa Şuneme+ gitdi. Şunemde ýaşaýan bir abraýly aýal Alyşany nahara çagyrdy+. Alyşa soň-soňlaram ýol ugruna olaryň öýüne myhmançylyga barardy. 9 Ýaňky aýal ärine: «Öýümize gelýän adam Hudaýyň pygamberi. 10 Gel, oňa üçekden bir kiçiräk otag+ gurup bereli, içine ýorgan-düşek, saçak*, oturgyç, şemdan goýaly. Her gezek bize gelende, şol ýerde bolaýsyn»+ diýdi.
11 Bir gün Alyşa gelip, ýokarky otagda ýatdy. 12 Soňra ol hyzmatkäri Geýhaza+: «Şunemli+ aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkär çagyryp geldi. 13 Alyşa pygamber Geýhaza: «Bar-da, aýala şeýle diý: „Sen bize kän ýagşylyk etdiň+, eden ýagşylygyňy nädip gaýtaraly?+ Seniň üçin patyşa+ ýa goşunbaşy bilen gepleşip bereýinmi?“» diýdi. Aýal: «Ýok, men halkymyň arasynda sag-aman ýaşap ýörün» diýdi. 14 Şonda Alyşa: «Aýalyň ýagşylygyny nädip gaýtarsa bolarka?» diýdi. Geýhaz: «Onuň çagasy* ýok+, äri hem garry» diýdi. 15 Alyşa şol bada: «Hany, aýaly bärik çagyr» diýdi. Hyzmatkär ony çagyrdy. Aýal gelip, gapynyň agzynda duranda, 16 Alyşa oňa: «Indiki ýyl şu wagtlar gujagyňda ogul bäbegiň bolar»+ diýdi. Aýal bolsa: «Agam, sen hak Hudaýyň guly ahyryn, gyrnagyňa boş umyt berme» diýdi.
17 Alyşanyň aýdyşy ýaly, aýal göwreli bolup, indiki ýylyň şol wagtlary ogul dogurdy. 18 Çaga ösüp ulalýardy. Bir gün ol kakasynyň ýanyna, ekin meýdanyna bardy. Şol wagt kakasy orakçylaryň ýanyndady. 19 Ol kakasyna gaýta-gaýta: «Kelläm agyrýar, kelläm» diýdi. Şonda kakasy hyzmatkärine: «Bar, ony ejesiniň ýanyna äkit» diýdi. 20 Hyzmatkär çagany ejesiniň ýanyna äkitdi. Ol günortana çenli ejesiniň gujagynda oturdy, soň jan berdi+. 21 Ejesi ogluny ýokarky otaga eltip, hak Hudaýyň gulunyň düşeginde ýatyrdy+. Soňra çykyp, otagyň gapysyny ýapdy. 22 Ol ärini çagyryp: «Gaýrat edip, hyzmatkärleriň birine eşek ber-de, ýanyma iber. Derrew hak Hudaýyň gulunyň ýanyna baryp gaýdaýyn» diýdi. 23 Äri bolsa: «Näme üçin gitjek bolýaň? Täze aý baýramy+ ýa Sabat günem-ä däl» diýdi. Aýal: «Alada etme, hemme zat gowulyk» diýip jogap berdi. 24 Soňra ol eşegi gaňňalady-da, hyzmatkärine: «Tiz bol, dur diýýänçäm, eşegiň badyny gowşatma» diýdi.
25 Şeýlelikde, ol Karmel dagyna, hak Hudaýyň gulunyň ýanyna gitdi. Hak Hudaýyň guly aýaly uzakdan görüp, hyzmatkäri Geýhaza: «Hanha, seret, şunemli aýal gelýär. 26 Ylga, öňünden çyk-da: „Eýgilikmi? Äriňem, çagaňam gowumy?“ diýip sora» diýdi. Aýal: «Hawa, gowy» diýip jogap berdi. 27 Ol daga çykyp, hak Hudaýyň gulunyň ýanyna bardy-da, aýagyna ýykyldy*+. Geýhaz aýaly çekip aýyrjak bolanda, hak Hudaýyň guly: «Degme, onuň şu wagt derdi agyr, Ýehowa muny menden gizläp, hiç zat aýtmandyr» diýdi. 28 Aýal Alyşa pygambere: «Agam, heý, men senden ogul diledimmi? Maňa boş umyt berme diýdim-ä»+ diýdi.
29 Şonda Alyşa Geýhaza: «Biliňi berk guşa-da*+, eliňe hasamy alyp, ýola düş. Ýolda birine duşsaň, salam berme, biri salamlaşjak bolsa-da, salamyny alma. Baryp, hasamy oglanyň ýüzünde goý» diýdi. 30 Ýöne çaganyň ejesi: «Biribar Ýehowadan hem seniň janyňdan ant içýärin, sensiz şu ýerden bir ädimem ätmerin»+ diýdi. Alyşa ýerinden turup, aýal bilen ýola düşdi. 31 Geýhaz bolsa öňden gidip, hasany oglanyň ýüzünde goýdy, emma çagadan ses-seda çykmady+. Geýhaz Alyşanyň öňünden çykyp: «Oglan-a oýanmady» diýdi.
32 Alyşa öýe girip görse, ölen oglanjyk onuň düşeginde ýatan eken+. 33 Alyşa ýeke özi otaga girip, gapyny ýapdy-da, Ýehowa doga edip başlady+. 34 Soňra düşekde ýatan çaganyň ýanyna baryp egildi-de, agzyny agzyna, gözüni gözüne, elini eline goýup, oglanyň üstünde ýazylyp ýatdy. Şonda çaganyň bedeni ýylap başlady+. 35 Alyşa turup, otagyň içinde iki ýana ýöredi. Onsoň ýene çaganyň ýanyna baryp, üstünde ýazylyp ýatdy. Oglanjyk ýedi gezek asgyryp, gözüni açdy+. 36 Şonda Alyşa Geýhaza: «Ejesini çagyr» diýdi. Ol hem çagyryp geldi. Aýal otaga girende, Alyşa: «Ynha ogluň!»+ diýdi. 37 Aýal hem gelip, Alyşanyň aýagyna ýykylyp, tagzym etdi-de, ogluny alyp gitdi.
38 Soňra Alyşa Gilgala gaýtdy. Şol wagt ýurda açlyk düşüpdi+. Bir gün pygamberler*+ Alyşanyň öňünde otyrka, ol hyzmatkärine+: «Uly gazany atar-da, olara çorba bişirip ber» diýdi. 39 Şonda olaryň biri meýdana ot ýygmaga gitdi. Ol ýabany miwe* tapyp, donunyň etegini dolduryp gaýtdy. Ol nämedigini bilmese-de, miwäni dograp, gazana atdy. 40 Nahar bişensoň, oturanlara guýup berdiler. Olar çorbadan dadyp: «Hak Hudaýyň guly, nahar zäherlenipdir!*» diýip gygyryşdylar. Olar nahary iýip bilmediler. 41 Şonda Alyşa: «Biraz un getiriň» diýdi. Ol uny gazana guýup: «Indi nahary paýlaň» diýdi. Şeýdip, nahar zäherden arassalandy+.
42 Bagal-şalyşdan+ bir adam gelip, hak Hudaýyň guluna arpanyň ilkinji hasylyndan bişirilen 20 çörek+, bir halta täze däne getirdi+. Alyşa pygamber: «Adamlara paýlaň, goý, iýsinler» diýdi. 43 Emma hyzmatkäri: «Muny 100 adama nädip ýetireli?»+ diýdi. Şonda Alyşa: «Arkaýyn paýla, Ýehowa: „Olar iýip doýar, artyp hem galar“+ diýýär» diýdi. 44 Hyzmatkär olary adamlaryň öňünde goýdy. Hemmeler iýip doýdy, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, artyp hem galdy+.
5 Siriýa patyşasynyň Nagyman atly goşunbaşysy bardy. Ol at-abraýly adamdy, patyşa-da oňa hormat goýýardy, Ýehowa ol arkaly siriýalylara ýeňiş beripdi. Nagyman batyr adamdy, ýöne ol heýwere keseline* uçrapdy. 2 Siriýalylar Ysraýyl ýurduna çozanda, bir gyzjagazy hem ýesir alypdylar. Ol Nagymanyň aýalyna hyzmat edýärdi. 3 Gyzjagaz hojaýyn aýala: «Jenabym Samariýada ýaşaýan pygamberiň+ ýanyna gitsedi, pygamber ony heýwere keselinden sagaldardy»+ diýdi. 4 Ol* hem patyşanyň ýanyna gidip, gyzjagazyň aýdan zatlaryny gürrüň berdi.
5 Şonda Siriýa patyşasy Nagymana: «Haýal etmän ýola düş. Men Ysraýyl patyşasyna hat ýazyp bereýin» diýdi. Nagyman on batman* kümüş, 6 000 şekel altyn we on laý eşik alyp, ýola düşdi. 6 Ol Ysraýyl patyşasyna haty eltip berdi. Hatda: «Şu haty sadyk gulum Nagymandan iberýärin, Nagymany heýwere keselinden sagalt» diýen sözler bardy. 7 Ysraýyl patyşasy haty okap, ýakasyny ýyrtdy-da: «Birini öldürip ýa direlder ýaly, men näme, Hudaýmy?+ Ol şu adamy heýwere keselinden sagalt diýip iberipdir. Serediň-ä, ol meniň bilen uruşmaga bahana gözleýär» diýdi.
8 Hak Hudaýyň guly Alyşa Ysraýyl patyşasynyň ýakasyny ýyrtandygyny eşiden badyna, oňa habar ýollap: «Ýakaňy ýyrtar ýaly näme bolupdyr? Şol adamy meniň ýanyma iber, goý, ol Ysraýylda pygamberiň bardygyny bilsin»+ diýdi. 9 Nagyman atlary, söweş arabalary bilen Alyşanyň gapysyna gelip durdy. 10 Alyşa bolsa bir adamy iberip, Nagymana: «Git-de, Iordan derýasyna+ ýedi gezek+ çümüp çyk. Şonda endam-janyň tämizlenip sagalarsyň» diýdi. 11 Nagymanyň muňa gahary gelip: «Men-ä pygamber öňümden çykyp, ýanyma geler, Ýehowa Hudaýynyň adyny çagyrar-da, elini üstümden aýlap, heýwere keselimden sagaldar öýtdüm» diýip, yzyna gaýtjak boldy. 12 Ol: «Damasgyň+ Abana bilen Farfar derýalary Ysraýyldaky derýalardan müň esse gowy! Men şolara çümüp çykybam sagalyp bilerdim!» diýdi-de, gaharyna yzyna öwrülip gaýtdy.
13 Nagymanyň hyzmatkärleri: «Agam*, eger pygamber saňa kyn zat diýen bolsa etmezdiňmi? Ol kyn zat diýmedi ahyryn, diňe suwa çümüp çykaýmaly» diýdiler. 14 Nagyman hem gidip, hak Hudaýyň gulunyň aýdyşy ýaly, Iordan derýasyna ýedi gezek çümüp çykdy+. Şonda ol tämizlenip+, endam-jany çaganyňky ýaly boldy+.
15 Soňra Nagyman nökerleri bilen hak Hudaýyň gulunyň ýanyna baryp+: «Men indi diňe Ysraýyl ýurdunda hak Hudaýyň bardygyna göz ýetirdim+. Guluňdan şu sylag-serpaýlary* kabul et» diýdi. 16 Emma Alyşa: «Meniň gulluk edýän Ýehowa Hudaýym diri şaýatdyr, sylag-serpaýyňy alyp biljek däl»+ diýdi. Nagyman näçe ýalbarsa-da, Alyşa almady. 17 Ahyry Nagyman: «Onda rugsat berseň, iki gatyra ýükläp, ýurduňdan toprak äkideýin. Indiden beýläk Ýehowadan başga hiç bir taňra gurbanlyk* ýa sadaka bermerin. 18 Ýöne Ýehowa meniň bir ýazygymy bagyşlaýsyn. Patyşahym Rimmon taňrynyň buthanasyna baryp, sežde edende maňa söýenýär, şonda menem eglip, dyz epmeli bolýaryn. Rimmon taňrynyň buthanasynda dyz epýänim üçin, Ýehowa günämi geçsin» diýdi. 19 Alyşa: «Bar, arkaýyn gidiber» diýdi. Nagyman ýola düşüp, biraz ýöräpdi. 20 Şonda hak Hudaýyň guly+ Alyşanyň hyzmatkäri Geýhaz+ içinden: «Halypam-a siriýaly Nagymanyň+ eli bilen getiren sylag-serpaýyny almady. Ýehowa diri şaýatdyr, yzyndan ylgap baraýyn-da, özüme bir zatlar alaýyn» diýdi. 21 Geýhaz Nagymanyň yzyndan ýetdi. Nagyman biriniň ylgap gelýänini görüp, garşylamak üçin arabasyndan düşdi-de: «Eýgilikmi?» diýip sorady. 22 Ol hem: «Eýgilik, ýöne halypam: „Edil ýaňyja Efraýymyň daglaryndan iki pygamber ýigit* geldi. Gaýrat edip, şolara bir batman kümüş bilen iki laý eşik beräý“+ diýýär. Meni hem şonuň üçin ugratdy» diýdi. 23 Nagyman: «Bir däl, iki batman al» diýdi. Ol Geýhaza ýalbar-ýakar edip+, iki batman kümüş bilen iki laý eşik berdi. Nagyman olary iki halta salyp, hyzmatkärlerine berdi. Hyzmatkärler haltalary göterip, Geýhazyň öňüne düşüp gitdiler.
24 Opele* ýetip, Geýhaz haltalary hyzmatkärlerden alyp, öýe saldy-da, olary yzyna ugratdy. Hyzmatkärler gidende, 25 içerik girip, halypasynyň ýanyna bardy. Alyşa: «Geýhaz, nirä gidip geldiň?» diýip sorady. Geýhaz: «Hiç ýerik gidemok»+ diýdi. 26 Şonda Alyşa: «Ol adamyň yzyndan gideniňi, onuň hem arabasyndan düşüp, seni garşylanyny bilmeýändirin öýdýäňmi? Heý-de, şu wagt kümüş, egin-eşik, zeýtun, üzüm baglaryny, mal-gara ýa gul-gyrnak edinmegiň wagtymy?+ 27 Indi Nagymanyň heýwere keseli+ saňa geçip, nesliňden hem aýrylmaz» diýdi. Şol bada Geýhaz heýwere keseline uçrap, endam-jany gar ýaly çuw ak+ boldy. Geýhaz Alyşanyň ýanyndan çykyp gitdi.
6 Pygamberler*+ Alyşa: «Ýaşaýan ýerimiz darlyk edýär. 2 Rugsat berseň, gidip, Iordanyň boýunda agaçdan jaý salaly» diýdi. Alyşa: «Gidiberiň» diýdi. 3 Şonda olaryň biri: «Senem gidäý» diýdi. Alyşa: «Bolýar» diýip, 4 olar bilen ýola düşdi. Iordana baryp, agaç çapyp başladylar. 5 Olaryň biri paltasynyň ujuny suwa gaçyrdy. Ol gygyryp: «Wah, agam, ol amanat zatdy!» diýdi. 6 Hak Hudaýyň guly: «Nirä gaçdy?» diýip sorady. Ol gaçyran ýerini görkezdi. Alyşa bir bölek agaç çapyp alyp, şol ýere zyňdy welin, paltanyň ujy suwuň ýüzüne çykdy. 7 Alyşa: «Bar, al» diýdi. Ol hem elini uzadyp aldy.
8 Şol wagtlar Siriýa patyşasy Ysraýyla garşy söweşe çykdy+. Ol emeldarlary bilen maslahatlaşyp: «Pylan-pylan ýerde düşelge guralyň» diýdi. 9 Hak Hudaýyň guly+ bolsa Ysraýyl patyşasyna habar ýollap: «Seresap bol, şol töwereklerden geçme, siriýalylar üstüňe çozjak bolýar» diýdi. 10 Ysraýyl patyşasy hak Hudaýyň gulunyň aýdan ýerindäki adamlara hem habar berdi. Alyşa nirä barmaly däldigini duýdurýardy, patyşa hem şol ýerlere barmaýardy+.
11 Siriýa patyşasynyň muňa gahary geldi. Ol hyzmatkärlerini ýygnap: «Hany aýdyň, haýsyňyz içalylyk edip, Ysraýyl patyşasyna hemme zady habar berýäňiz?» diýdi. 12 Hyzmatkärleriň biri: «Ýok, patyşahym, hemmämiz saňa wepaly! Ýöne Ysraýylda Alyşa diýen bir pygamber bar. Şol pygamber düşegiňde aýdan gepiňi hem Ysraýyl patyşasyna ýetirýär»+ diýdi. 13 Siriýa patyşasy: «Ony ele salar ýaly, bolýan ýerini anyklaň!» diýdi. Biraz wagtdan: «Alyşa pygamber Dotanda»+ diýip habar berdiler. 14 Patyşa dessine atlaryny, söweş arabalaryny, birgiden goşunyny şol ýere iberdi. Olar gijäniň içinde baryp, şäheriň daşyny gabadylar.
15 Hak Hudaýyň gulunyň hyzmatkäri daň bilen turup, daşaryk çykdy. Görse, atly, söweş arabaly goşun şäheriň daşyny gabapdyr. Şonda hyzmatkäri Alyşa: «Agam, işimiz gaýtdy! Indi näme ederis?» diýdi. 16 Ol: «Gorkma!+ Biziňkiler olardan has köpdür»+ diýdi. 17 Soňra Alyşa: «Ýehowa, ýalbarýaryn, hyzmatkärimiň gözüni aç, goý, ol görsün»+ diýip, doga edip başlady. Ýehowa şol bada hyzmatkäriň gözüni açdy. Şonda ol daglarda birgiden atlary we söweş arabalary+ gördi, olar Alyşanyň daşynda ot ýaly lowlap durdy+.
18 Siriýalylar has golaýa gelende, Alyşa Ýehowa doga edip: «Ýalbarýaryn, olary kör et»+ diýdi. Hudaý Alyşanyň dilegini eşidip, olary kör etdi. 19 Şonda Alyşa olara: «Siz ters ugra barýaňyz, başga şähere geldiňiz. Ýörüň, men sizi gözleýän adamyňyzyň ýanyna äkideýin» diýip, olary Samariýa alyp gitdi+.
20 Samariýa ýetenlerinde, Alyşa: «Eý Ýehowa, olaryň gözüni aç» diýdi. Ýehowa olaryň gözüni açdy. Görseler, Samariýa şäheriniň ortarasynda durlar. 21 Ysraýyl patyşasy siriýalylary görüp, Alyşadan: «Atam, olary gyraýynmy?» diýip sorady. 22 Alyşa: «Ýok, degme. Söweşde ýesir alan adamlaryňy öldürýäňmi näme?! Olaryň garnyny doýur-da+, hökümdarynyň ýanyna iber» diýdi. 23 Ysraýyl patyşasy toý-meýlis gurnap, olary iýdirip-içirip, hökümdarynyň ýanyna iberdi. Şondan soň siriýalylar+ Ysraýyl ýurduna çozmadylar.
24 Birnäçe wagtdan Siriýa patyşasy Benhadat goşuny bilen Samariýanyň daşyny gabady+. 25 Samariýada güýçli açlyk başlandy+. Bir eşegiň kellesiniň+ bahasy 80 kümüş teňňä, iki goşawuç* kepderi dersiniň bahasy 5 kümüş teňňä ýetýänçä, şäher gabawda saklandy. 26 Ysraýyl patyşasy diwaryň üstünden geçip barýarka, bir aýal: «Patyşahym, dadyma ýetiş!» diýip gygyrdy. 27 Şonda patyşa: «Ýehowa kömek etmese, men nädip kömek edeýin?! Harmanda zat galandyr öýdýäňmi? Size berer ýaly şerabym ýa ýagym barmy?» diýdi. 28 Soňra patyşa ondan: «Näme arzyň bar?» diýip sorady. Ol hem: «Şu aýal maňa: „Gel, şu gün seniň ogluňy iýeli, ertir meniň oglumy iýeris“+ diýdi. 29 Şeýdibem, meniň oglumy bişirip* iýdik+. Ertesi: „Hany, getir, indi seniň ogluňy iýeli“ diýsem, ogluny bermän, gizläp otyr» diýdi.
30 Patyşa ol aýalyň sözlerini eşiden badyna, ýakasyny ýyrtdy+. Diwaryň üstünden geçip barýarka, adamlar patyşanyň jul geýnendigini gördüler. 31 Soňra patyşa: «Şu günüň özünde Şapatyň ogly Alyşanyň kellesini almasam, goý, Hudaý maňa has beterini görkezsin!»+ diýdi.
32 Şol wagt Alyşa ýaşulular bilen öýünde otyrdy. Patyşa öňünden bir çapary Alyşanyň öýüne iberdi. Emma çapar heniz gelmänkä, Alyşa ýanyndaky ýaşululara: «Ol ganhor ogul+ meniň kellämi almak üçin adam iberipdir. Serediň, ol geler welin, gapyny ýapyň-da, itekläp duruň, içerik salaýmaň. Hanha, yzyndan hojaýynynyň aýak sesi hem eşidilýär» diýdi. 33 Alyşa entek sözüni soňlamanka, çapar geldi. Yzyndan bolsa patyşa gelip: «Başymyza betbagtçylyk getiren Ýehowa dälmi?! Indi näme üçin ýene Ýehowa garaşmaly?» diýdi.
7 Alyşa: «Ýehowanyň sözüni diňläň! Ýehowa şeýle diýýär: „Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesinde* bir kersen* ýokary hilli unuň bahasy bir şekel*, iki kersen arpanyň bahasy bir şekel bolar“»+ diýdi. 2 Şonda patyşanyň ynamdar nökeri hak Hudaýyň guluna: «Ýehowa gögüň derwezelerini açsa-da, beýle zat bolmaz!»+ diýdi. Emma Alyşa: «Sen muny gözüň bilen görersiň+, ýöne şol zatlardan bir agzam datmarsyň»+ diýdi.
3 Şäher derwezesinde dört sany heýwere keselli adam otyrdy+. Olar biri-birlerine: «Beýdip ölümimize garaşyp oturmak nämä gerek? 4 Şähere gireli diýseg-ä, şäherde açlyk+, barybir öleris. Bärde otursagam, diri galjak gümanymyz ýok. Ýörüň, siriýalylaryň düşelgesine gideliň. Olaryň bize haýpy gelip, öldürmeseler-ä, ýaşarys. Öldürselerem, etjek alajymyz ýok!» diýişdiler. 5 Şeýdip, olar garaňky gatlyşyp barýarka, siriýalylaryň düşelgesine gitdiler. Düşelgä barsalar, hiç kim ýok eken.
6 Ýehowa siriýalylara söweş arabalaryň, atlaryň sesini, ägirt uly goşunyň goh-galmagalyny eşitdiripdi+. Şonda olar: «Ysraýyl patyşasy üstümize çozmak üçin hetleriň we Müsüriň patyşalaryny hakyna tutandyr!» diýişdiler. 7 Olar çadyrlaryny, atlaryny, eşeklerini, düşelgedäki bar zatlaryny taşlap, alagaraňkyda gaçyp gitdiler.
8 Heýwere keselliler bolsa düşelgäniň gyrasyndaky çadyra girip, iýip içdiler, çadyrdaky altyn-kümüşleri, egin-eşikleri bir ýere äkidip gizlediler. Soňra başga çadyra girip, ondaky zatlary hem äkidip gizlediler.
9 Ahyry olar biri-birlerine: «Bolup ýörşümiz-ä gowy däl. Gidip, hoş habary buşlalyň. Daň atýança bärde otursak, işimizi görerler. Ýörüň, çaltrak köşge habar bereliň» diýdiler. 10 Olar gidip, şäheriň derwezebanlaryna batly ses bilen: «Biz siriýalylaryň düşelgesine baryp gaýtdyk, düşelgede adam-gara ýok eken. Daňylgy duran atlar we eşeklerden başga janly-jemende galmandyr. Siriýalylar çadyrlaryny şol durşuna taşlap gidipdir» diýip habar berdiler. 11 Şonda derwezebanlar jar çekdiler, habar köşge baryp ýetdi.
12 Habary eşiden patyşa ýarygije turup, hyzmatkärlerine: «Bilýäňizmi, siriýalylar näme etjek bolýar? Olar biziň aç oturanymyzy+ bilýär. Düşelgelerini taşlan kişi bolup, bir ýerde gizlenendirler. Şäherden çykaýsak, üstümize dökülip, bizi diri tutjak bolýandyrlar. Şeýdibem, şäheri basyp aljak bolýandyrlar»+ diýdi. 13 Şonda hyzmatkärleriň biri: «Rugsat berseňiz, birnäçe adam şäherde galan atlaryň bäşisini alsyn-da, düşelgä gidip görsün. Bärde galsalaram, barybir beýleki ysraýyllar ýaly heläk bolarlar. Hany, şolary iberip göreli, näme bolsa-da göräýeris» diýdi. 14 Şeýlelikde, atlary iki araba goşdular. Patyşa: «Gidiň-de, bar zady anyklaň» diýip, siriýalylaryň düşelgesine adam iberdi. 15 Olar Iordana ýetýänçäler, siriýalylaryň giden ýolundan ýörediler. Ýoluň ugry gaçyp giden siriýalylaryň egin-eşiklerinden we goş-golamlaryndan doludy. Çaparlar yzyna dolanyp, ähli zady patyşa habar berdiler.
16 Adamlar gidip, siriýalylaryň düşelgesini taladylar. Şonda Ýehowanyň aýdyşy ýaly, bir kersen ýokary hilli unuň bahasy bir şekel, iki kersen arpanyň bahasy bir şekel boldy+. 17 Patyşa ynamdar nökerini şäher derwezesine gözegçi edip goýupdy. Emma ol derwezeden çykyp barýan adamlaryň aýak astynda galyp öldi. Şeýlelikde, hak Hudaýyň gulunyň patyşa aýdan sözleri ýerine ýetdi. 18 Hak Hudaýyň guly patyşa: «Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesinde iki kersen arpanyň bahasy bir şekel, bir kersen ýokary hilli unuň bahasy bir şekel bolar»+ diýende, 19 patyşanyň nökeri hak Hudaýyň guluna: «Ýehowa gögüň derwezelerini açsa-da, beýle zat bolmaz!» diýipdi. Alyşa hem: «Sen muny gözüň bilen görersiň, ýöne şol zatlardan bir agzam datmarsyň» diýipdi. 20 Alyşanyň aýdyşy ýaly-da boldy, derwezeden çykyp barýan adamlar nökeri basgylap öldürdiler.
8 Alyşa direlen oglanyň+ ejesine: «Bar, maşgalaň bilen başga ýurda göç. Ýehowa bärde ýedi ýyl açlyk+ boljagyny aýtdy» diýdi. 2 Ol aýal hak Hudaýyň gulunyň aýdyşy ýaly, ýola düşdi. Ol maşgalasy bilen piliştlileriň+ ýurduna göçüp, ýedi ýyl ýaşady.
3 Ýedi ýyldan soň ýaňky aýal piliştlileriň ýurdundan gaýdyp geldi. Ol öýüni we mellegini yzyna almak üçin patyşanyň huzuryna bardy. 4 Şol wagt patyşa hak Hudaýyň gulunyň hyzmatkäri Geýhaz bilen gepleşip otyrdy. Patyşa Geýhaza: «Alyşanyň görkezen gudratlaryny gürrüň bersene»+ diýdi. 5 Geýhaz Alyşanyň bir ölini direldendigini gürrüň berip durka+, şol direlen oglanyň ejesi geldi. Ol patyşadan öýüni we mellegini yzyna alyp bermegi+ haýyş etjek bolýardy. Şonda Geýhaz: «Patyşahym, ine şol aýal! Alyşanyň direlden oglany hem ýanynda» diýdi. 6 Patyşa aýaldan bolan zatlary gürrüň bermegi haýyş etdi, aýal birin-birin gürrüň berdi. Soňra patyşa wezirini çagyryp: «Aýalyň ähli zadyny, ýurtdan giden gününden bäri melleginden alnan hasylyna çenli yzyna gaýtaryp beriň» diýip tabşyrdy.
7 Alyşa Damasga+ baranda, Siriýa patyşasy Benhadat+ syrkaw ýatyrdy. Benhadata: «Hak Hudaýyň guly+ gelipdir» diýip habar berdiler. 8 Patyşa Hazaýyla+: «Sowgat-serpaý al-da, hak Hudaýyň gulunyň ýanyna git+. Goý, ol Ýehowadan meniň sagalyp-sagalmajagymy sorasyn» diýdi. 9 Hazaýyl hem Damaskdan gymmatbaha sowgat-serpaýlary alyp, 40 düýä ýükledi-de, Alyşanyň ýanyna gitdi. Ol baryp: «Meni Siriýa patyşasy guluň* Benhadat iberdi. Ol: „Sagalarynmy?“ diýip soraýar» diýdi. 10 Alyşa: «Git-de: „Hökman sagalarsyň“ diý, ýöne Ýehowa onuň öljegini aýtdy»+ diýdi. 11 Alyşa Hazaýyldan gözüni aýyrman, ýiti-ýiti seretdi. Ol hem özüni oňaýsyz duýup aljyrady. Soňra hak Hudaýyň guly aglap başlady. 12 Hazaýyl Alyşadan: «Agam, näme üçin aglaýaň?» diýip sorady. Alyşa: «Sen ysraýyl halkyna köp ezýet çekdirersiň+. Olaryň galalaryny otlap, batyr esgerlerini gylyçdan geçirersiň, çagalaryny bölek-bölek edersiň, göwreli aýallarynyň garnyny ýararsyň»+ diýip jogap berdi. 13 Hazaýyl: «Guluň beýle işleri eder ýaly kim bolupdyr? Men bir gezip ýören it ahyryn» diýdi. Emma Alyşa: «Ýehowa seniň Siriýanyň patyşasy boljakdygyňy aýtdy»+ diýdi.
14 Hazaýyl Alyşanyň ýanyndan gaýdyp, patyşanyň huzuryna bardy. Patyşa: «Ýeri, Alyşa näme diýdi?» diýip sorady. Hazaýyl: «Hökman sagalarsyň diýdi»+ diýip jogap berdi. 15 Ertesi Hazaýyl bir galyň matany suwa batyrdy-da, patyşanyň ýüzüne basyp, ony demikdirip öldürdi+. Şeýdip, ýerine özi patyşa boldy+.
16 Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýehoramyň+ hökümdarlygynyň bäşinji ýylynda Ýahuda patyşasy Ýehoşapat höküm sürýärkä, Ýehoşapatyň ogly Ýehoram+ Ýahudanyň patyşasy boldy. 17 Ýehoram 32 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde sekiz ýyl höküm sürdi. 18 Ýehoram Ahabyň gyzyna öýlenensoň+, Ahabyň maşgalasy ýaly, Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 19 Emma Ýehowa guly Dawudyň hatyrasyna Ýahuda patyşalygyny ýok etmek islemedi+, sebäbi ol Dawudyň neslini hiç wagt tagtdan düşürmejekdigini* wada beripdi+.
20 Ýehoramyň döwründe edomlylar Ýahuda garşy gozgalaň turzup+, özlerine patyşa bellediler+. 21 Şonda Ýehoram söweş arabalary bilen Zaýyra gitdi. Edomlylar Ýehoramyň we söweş arabaly serkerdeleriniň daşyny gabadylar. Ýehoram bolsa gijäniň içinde aýaga galyp, olary derbi-dagyn etdi. Esgerler öýli-öýüne* gaçdylar. 22 Ýöne edomlylar häzire çenli Ýahuda garşy gozgalaň turzup gelýärler. Şol wagtlar Libna+ galasy hem gozgalaň turzupdy.
23 Ýehoramyň durmuşynda bolan başga-da wakalar we ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 24 Ýehoram aradan çykyp, Dawudyň şäherinde, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy+. Ýehoramyň ýerine ogly Ahazýa+ patyşa boldy.
25 Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýehoramyň hökümdarlygynyň 12-nji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa patyşa boldy+. 26 Ahazýa 22 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde bir ýyl höküm sürdi. Ejesi Atalýa+ Ysraýyl patyşasy Omranyň+ agtygydy*. 27 Ahazýa Ahap bilen garyndaşlyk açypdy. Şonuň üçin Ahabyň maşgalasynyň ýolundan ýöräp, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 28 Ol Ahabyň ogly Ýehoram bilen Ramot-gileada+ gidip, Siriýa patyşasy Hazaýyl bilen söweşdi. Şonda siriýalylar Ýehoramy ýaraladylar+. 29 Ýehoram patyşa Ramada Siriýa patyşasy Hazaýyl bilen söweşende alan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele+ dolandy+. Şonda Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa Ahabyň ogly Ýehoramyň hal-ýagdaýyny soramak üçin Ýizregele bardy, sebäbi ol agyr ýaralanypdy.
9 Soňra Alyşa bir pygamberi* çagyryp: «Biliňi berk guşap, eliňe ýagly gaby al-da, haýal etmän Ramot-gileada+ git. 2 Baryp, Nimşiniň agtygy, Ýehoşapatyň ogly Ýehuwy+ tap. Ol ýoldaşlary bilen oturandyr. Ýehuwy öýe salyp, 3 başyna ýag guý-da: „Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni Ysraýyla patyşa belleýärin“+ diý. Soňam gapyny aç-da, yzyňa garaman gaç» diýdi.
4 Alyşanyň hyzmatkäri Ramot-gileada ýola düşdi. 5 Hyzmatkär baranda, goşun serkerdeleri üýşüp oturan eken. Şonda ol: «Eý serkerdäm, saňa aýtmaly zadym bar!» diýdi. Ýehuw: «Haýsymyza?» diýip sorady. Hyzmatkär: «Saňa, serkerdäm!» diýdi. 6 Ýehuw turup, öýe girdi. Hyzmatkär Ýehuwyň başyna ýag guýup: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni Ýehowanyň halky ysraýyla patyşa belleýärin+. 7 Hojaýynyň Ahabyň tutuş maşgalasyny ýok et. Men Izabeliň elinden ölen pygamberlerimiň, Ýehowanyň ähli gullukçylarynyň gany üçin ar alaryn+. 8 Ahabyň tutuş maşgalasyny gyraryn, ähli erkek göbeklisini, hatda ejiz we gowşak adamlaryny hem Ysraýyldan ýok ederin+. 9 Nebatyň ogly Ýerobgamyň+ we Ahyýaryň ogly Başanyň maşgalasyny ýok edişim ýaly, Ahabyň maşgalasyny hem bütinleý ýok ederin+. 10 Izabeli bolsa Ýizregelde bir meýdançada itler iýer+, ony hiç kim jaýlamaz“» diýdi. Soňra hyzmatkär gapyny açdy-da, gaçyp gitdi+.
11 Ýehuw daşaryk çykyp, serkerde ýoldaşlarynyň ýanyna bardy. Olar: «Eýgilikmi? Ol aňkasy aşan* näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehuw: «Aý, oňa özüňiz beletsiňiz-le, näme gepi bolar öýdýäňiz» diýdi. 12 Emma olar: «Beýdip durma-da, göniňden gel!» diýdiler. Ýehuw: «Ol maňa pylan-pylan diýdi. Soňam Ýehowanyň meni Ysraýyla patyşa belländigini aýtdy»+ diýdi. 13 Olar dessine donlaryny çykaryp, basgançaga, Ýehuwyň aýagynyň aşagyna düşediler-de+, surnaý* çalyp: «Ýehuw patyşa boldy!»+ diýip gygyrdylar. 14 Şondan soň Nimşiniň agtygy, Ýehoşapatyň ogly Ýehuw+ Ýehorama garşy dildüwşük gurady.
Ýehoram patyşa Ysraýyl goşuny bilen Ramot-gileadda+ halky Siriýa patyşasy Hazaýylyň+ hüjüminden gorapdy. 15 Emma Ýehoram Ýizregele+ dolandy, ol Siriýa patyşasy Hazaýyl+ bilen söweşde alan ýaralaryny bejertmäge gaýdypdy.
Ýehuw ýanyndakylara: «Meniň tarapymda bolsaňyz, şäherden ýekeje adamy hem çykaraýmaň. Ýizregele hiç hili habar ýetmesin» diýdi. 16 Soňra Ýehuw arabasyna münüp, Ýizregele gitdi. Sebäbi Ýehoram söweşde ýaralanyp, Ýizregele barypdy. Ýahuda patyşasy Ahazýa hem Ýehoramyň hal-ýagdaýyny soramaga gelipdi. 17 Ýizregelde diňde duran garawul Ýehuwyň birgiden adam bilen gelýänini görüp: «Birgiden adam gelýär!» diýip gygyrdy. Ýehoram: «Bir çapar iberiň. „Eýgilikmi?“ diýip sorasyn» diýdi. 18 Çapar gidip, olaryň öňünden çykdy-da: «Patyşa: „Eýgilikmi?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehuw: «Eýgilik näme işlesin? Geç yzyma!» diýdi.
Garawul: «Çapar olaryň ýanyna bardy welin, yzyna gaýdanok» diýip habar berdi. 19 Şonda Ýehoram ýene bir çapar ýollady. Ol baryp: «Patyşa: „Eýgilikmi?“ diýip soraýar» diýdi. Emma Ýehuw: «Eýgilik näme işlesin? Geç yzyma!» diýdi.
20 Soňra garawul: «Çapar olaryň ýanyna bardy welin, yzyna gaýdanok. Olaryň serkerdesiniň araba sürşi Nimşiniň agtygy* Ýehuwa meňzeýär, guduzlan ýaly sürüp gelýär» diýip habar berdi. 21 Şonda Ýehoram: «Hany, arabamy taýynlaň!» diýdi. Olar hem söweş arabasyny taýynlap berdiler. Ysraýyl patyşasy Ýehoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa+ hersi öz söweş arabasyna münüp, Ýehuwyň öňünden çykmaga gitdiler. Olar ýizregelli Nabotyň melleginde+ Ýehuw bilen gabatlaşdylar.
22 Ýehoram Ýehuwdan: «Eýgilikmi, Ýehuw?» diýip sorady. Ol hem: «Ejeň Izabel+ bihaýalyk*, jadygöýlik edip ýörkä+, eýgilik näme işlesin?!» diýdi. 23 Ýehoram şol bada arabasyny yzyna öwrüp: «Ahazýa, duzaga düşdük!» diýip gygyrdy-da, gaçmak bilen boldy. 24 Ýehuw bolsa ýaýyny alyp, Ýehoramyň arkasyndan atdy. Peýkam Ýehoramyň ýüreginden geçdi, ol söweş arabasynda jan berdi. 25 Ýehuw nökeri Bedkere: «Bar, ony ýizregelli Nabotyň mellegine taşla+. Ýadyňa düşýän bolsa, ikimiz arabaly kakasy Ahabyň yzyna düşüp barýarkak, Ýehowa hökümini yglan edip+: 26 „Ýehowa şeýle diýýär: „Düýn Nabotyň we ogullarynyň ganyny gördüm+. — Ýehowa yglan edýär — indi şol mellekde senden ar alaryn“+ diýipdi. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ony mellege taşla»+ diýdi.
27 Ýahuda patyşasy Ahazýa+ muny görüp, baglygyň* içi bilen gaçyp gitdi. Biraz wagtdan Ýehuw: «Ony hem öldüriň!» diýip, yzyndan kowalady. Ahazýa söweş arabasynda Iblegamyň+ golaýyndaky Gura tarap barýarka, esgerler ony ýaraladylar. Emma ol gaçyp, Megiddoda öldi. 28 Hyzmatkärleri jesedini arabada Iýerusalime äkidip, Dawudyň şäherinde+, ata-babalarynyň ýanynda, öz mazarynda jaýladylar. 29 Ahazýa+ Ahabyň ogly Ýehoramyň hökümdarlygynyň 11-nji ýylynda Ýahudanyň patyşasy bolupdy.
30 Soňra Ýehuw Ýizregele+ bardy. Muny eşiden Izabel+ gözüne sürme çalyp*, saçyna timar berdi-de, penjireden seretdi. 31 Ýehuw derwezeden giren badyna, Izabel: «Hökümdaryny öldüren Zimriniň ýagdaýlary neneň?»+ diýip sorady. 32 Ýehuw ýokaryk seredip: «Kim meniň tarapymda?»+ diýip gygyrdy. Şonda köşk emeldarlarynyň iki-üç sanysy penjireden seretdi. 33 Ýehuw: «Izabeli aşak zyňyň!» diýdi. Olar Izabeli aşak zyňdylar. Izabeliň gany diwara we atlara syçrap gitdi. Ýehuw bolsa arabasy bilen üstünden sürüp geçdi. 34 Soňra ol içerik girip, iýip içdi-de: «Baryň, ol nälet siňen heleýi äkidip jaýlaň. Her niçik-de bolsa, ol şa gyzy»+ diýdi. 35 Izabeli jaýlajak bolup, jesedini almaga barsalar, kelleçanagy bilen el-aýagyndan başga zat galmandyr+. 36 Olar gelip, muny Ýehuwa habar berdiler. Şonda ol: «Ýehowanyň guly tişbeli Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolupdyr-da!+ Ol: „Izabeli Ýizregeldäki bir meýdançada itler iýer+. 37 Jesedi Ýizregeliň ekin meýdanlaryna dökün bolar. Hiç kim onuň Izabeldigini hem tanamaz“ diýipdi» diýdi.
10 Ahabyň+ Samariýada 70 ogly bardy. Ýehuw Ýizregeliň han-beglerine, ýaşulularyna+ we Ahabyň çagalaryna seredýänlere* hat ýazyp, Samariýa iberdi. Hatda şeýle sözler bardy: 2 «Hökümdaryň ogullary, söweş arabalary, atlary, ýaraglary, galalary siziň eliňizde. Şu haty alan badyňyza, 3 hökümdaryň iň gowy, adalatly* ogluny saýlap, kakasynyň ýerine tagta çykaryň. Soňra hökümdaryňyzyň öýi üçin söweşiň».
4 Olar gorkup, öz aralarynda: «Iki patyşa onuň öňünde durup bilmedik bolsa+, biz nädip duraly?» diýdiler. 5 Soňra köşk dolandyryjy, şäher häkimi, ýaşulular we Ahabyň çagalaryna seredýänler Ýehuwa habar ýollap: «Biz seniň guluň, diýeniňden çykmarys. Hiç kimi patyşa bellemeris, nämäni makul bilseň, ediber» diýdiler.
6 Şonda Ýehuw olara ýene-de hat ýollap: «Meniň tarapyma geçip, tabyn bolmak isleseňiz, onda hökümdaryň ogullarynyň kellesini alyp, ertir şu wagtlar Ýizregele geliň» diýdi.
Ahap patyşanyň 70 ogly şäheriň at-abraýly adamlarynyň elinde ulalypdy. Olar şol adamlaryň ýanynda bolýardy. 7 Hat gelip gowşan badyna, şol adamlar patyşanyň 70 ogluny öldürip+, kellesini sebede saldylar-da, Ýizregeldäki Ýehuwa iberdiler. 8 Ýehuwa: «Şa ogullarynyň kellesini getirdiler» diýip habar berdiler. Ýehuw: «Olary iki üýşmek ediň-de, şäher derwezesinde irdene çenli goýuň» diýdi. 9 Ertesi ir bilen Ýehuw halkyň öňüne çykyp: «Munda siziň günäňiz ýok. Hökümdara garşy dil düwşüp, öldüren men+. Ýöne şa ogullaryny kim öldürendir öýdýäňiz? 10 Bilip goýuň, Ýehowanyň ýekeje sözi-de, Ýehowanyň Ahabyň maşgalasy barada aýdan sözleriniň biri-de ýerine ýetmän galmaz*+. Ýehowa Ylýas pygamber arkaly aýdan sözlerini berjaý etdi»+ diýdi. 11 Soňra Ýehuw Ýizregelde Ahabyň maşgalasynda aman galanlary, at-abraýly adamlaryny, dost-ýarlaryny, ruhanylaryny+ öldürdi, ýekejesini-de diri goýmady+.
12 Soňra Ýehuw Samariýa gitdi. Ýoluň ugrunda çopanlaryň goýun gyrkýan ýeri bardy. 13 Ýehuw şol ýerden geçip barýarka, Ýahuda patyşasy Ahazýanyň+ doganlaryna duşup, olardan: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorady. Olar hem: «Biz Ahazýanyň doganlary, patyşamyzyň ogullarynyň hem-de şa aýalynyň* ogullarynyň hal-ýagdaýyny soramaga barýarys» diýdiler. 14 Ýehuw muny eşiden badyna: «Tutuň olary!» diýdi. Şonda olaryň hemmesini tutup, goýun gyrkylýan ýerdäki howdanyň ýanynda öldürdiler; olar jemi 42 adamdy. Ýehuw olaryň ýekejesini-de diri galdyrmady+.
15 Ýehuw ýene-de ýola düşdi. Ol gidip barýarka, Rehabyň+ ogly Ýehonadaba+ duşdy. Ýehonadap ony garşylamaga gelýän eken. Ýehuw onuň bilen salamlaşyp: «Men bütin ýüregim bilen seniň tarapyňda, sen hem meniň tarapymdamy?» diýip sorady.
Ýehonadap: «Hawa, seniň tarapyňda!» diýip jogap berdi.
Şonda Ýehuw: «Hany, onda eliňi ber» diýdi.
Ol elini uzatdy welin, Ýehuw çekip, arabasyna mündürdi-de: 16 «Ýör, meniň bilen git, Ýehowa yhlasymyň nähili güýçlüdigini* görersiň»+ diýdi. Şeýdip, Ýehonadaby Ýehuwyň söweş arabasyna mündürip alyp gitdiler. 17 Ýehuw Samariýa baryp, Ýehowanyň Ylýas pygamber arkaly aýdyşy ýaly+, Ahabyň tohum-tijinden diri galanlaryň ählisini gyrdy+.
18 Ýehuw tutuş halky ýygnap: «Ahap Bagala onçakly gowy sežde etmändir, indi Ýehuwyň Bagala+ sežde edişini görüň. 19 Bagala sežde edýän ähli adamlary, pygamberleri+, ruhanylary+ ýanyma çagyryň, ýekejesini-de galdyraýmaň. Bagal üçin uly gurbanlyk berjekdirin. Gelmedik adamyň başy ölümlidir» diýdi. Ýehuw Bagala sežde edýänleri bütinleý ýok etmek isleýärdi.
20 Soňra Ýehuw: «Bagalyň şanyna uly baýram etjek» diýip, bütin halka jar çekdirdi. 21 Ýehuw tutuş Ysraýyl topragyna habar ýollady. Şeýlelikde, Bagala sežde edýän ähli adamlar ýygnandy, ýekejesi hem galmady. Olar Bagalyň buthanasyna+ girdiler. Buthananyň içinde adamlardan ýaňa aýak basara ýer ýokdy. 22 Ýehuw egin-eşik saklanýan jaýyň gözegçisine: «Bagala sežde edýänlere don getirip ber» diýdi. Ol hemmelere don paýlap çykdy. 23 Soňra Ýehuw Rehabyň ogly Ýehonadap+ bilen Bagalyň buthanasyna girdi. Ol Bagala sežde edýänlere ýüzlenip: «Töweregiňize seredişdirip görüň, araňyzda Ýehowanyň gullukçylaryndan hiç kim bolmasyn, diňe Bagala sežde edýänler bolmalydyr» diýdi. 24 Olar ýakma gurbanlyklary, sadakalary berip başladylar. Ýehuw 80 nökerini daşarda goýup: «Olaryň ýekejesini gaçyraýsaňyz, öz janyňyzy alaryn!» diýdi.
25 Ýakma gurbanlygy berlen badyna, Ýehuw sakçylaryna* we nökerlerine: «Giriň-de, hemmesini öldüriň, birinem gaçyraýmaň!»+ diýdi. Şonda sakçylar bilen nökerler olary gylyçdan geçirip, daşaryk zyňyp başladylar. Olar Bagalyň buthanasynyň içki otagyna* çenli girip, hemmesini gyrdylar. 26 Soňra buthanadaky keramatly sütünleri+ çykaryp ýakdylar+. 27 Bagalyň keramatly sütünini+ hem kül-owram etdiler, buthanany+ ýumurdylar, ol häli-häzire çenli hajathana hökmünde ulanylýar.
28 Şeýdip, Ýehuw Ysraýylda Bagala edilýän seždäniň soňuna çykdy. 29 Ýöne Ýehuw Beýtelde we Danda duran altyn göleleri aýyrmady+, Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň günäli işlerinden el çekmedi. 30 Ýehowa oňa: «Sen öňümde dogry iş etdiň, Ahabyň maşgalasyny bütinleý ýok edip+, ýürek islegimi ýerine ýetirdiň. Şonuň üçin nesliň dört arka çenli Ysraýyl tagtynda oturar»+ diýdi. 31 Emma Ýehuw Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň Kanunyna bütin ýüregi bilen ýapyşmady+. Ol Ysraýyla günä etdiren Ýerobgamyň erbet işlerinden el çekmedi+.
32 Şol döwürde Ýehowa Ysraýyl ýurduny kem-kemden duşmanlaryň eline berip başlady. Hazaýyl patyşa Ysraýylyň hemme ýerine çozýardy+. 33 Ol Iordanyň gündogaryndan başlap, gadlaryň, rubenleriň we manaşalaryň+ ýaşaýan Gilead topragyny, Arnon jülgesiniň golaýyndaky Arogerden tä Gilead bilen Başana çenli aralygy basyp aldy+.
34 Ýehuwyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, ähli eden işleri we şan-şöhraty hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 35 Soňra Ýehuw aradan çykyp, Samariýada jaýlandy, ýerine ogly Ýehogahaz+ patyşa boldy. 36 Ýehuw Samariýada Ysraýylyň üstünden 28 ýyl höküm sürdi.
11 Ahazýanyň ejesi Atalýa+ oglunyň ölendigini+ eşiden badyna, şa tagtynyň mirasdüşerlerini gyryp başlady+. 2 Emma Ýehoram patyşanyň gyzy, Ahazýanyň uýasy Ýehoşeba Ahazýa patyşanyň Ýehoýaş+ atly ogluny alyp gaçyp, enekesi bilen bir otagda* gizledi. Çagany Atalýadan gizläp, diri galdyrdylar. 3 Ony alty ýyllap enekesi* bilen Ýehowanyň öýünde gizläp sakladylar. Şol wagt ýurtda Atalýa höküm sürýärdi.
4 Ýedinji ýyl diýlende, Ýehoýada karyly garawullaryň we köşk garawullarynyň*+ ýüzbaşylaryny Ýehowanyň öýüne çagyrdy. Ol Ýehowanyň öýünde ýüzbaşylar bilen äht baglaşyp, olara ant içirdi-de, şazadany görkezdi+. 5 Soňra Ýehoýada: «Indi siz üç topara bölüniň. Toparlaryň biri Sabat güni köşgi gorasyn+. 6 Bir topar Düýp derwezesini, beýlekisi bolsa köşk garawullarynyň arkasyndaky derwezäni garawullasyn. Ybadathanany* hem gezekli-gezegine goraň. 7 Sabat güni nobatçylykdan boşaýan iki topar patyşany goramak üçin, Ýehowanyň öýüni garawullasyn. 8 Ähliňiz eliňize ýarag alyp, patyşany her tarapdan goraň. Nökerleriň arasyndan geçjek bolan adamy öldüriň. Patyşa nirä gitse-de, ýanyndan aýrylmaň» diýip buýurdy.
9 Ýüzbaşylar+ Ýehoýada ruhanynyň tabşyryşy ýaly etdiler. Olar Sabat güni nobatçylyk edýän we nobatçylykdan boşaýan adamlary alyp, Ýehoýadanyň ýanyna bardylar+. 10 Ruhany bolsa ýüzbaşylara Dawut patyşanyň Ýehowanyň öýünde duran naýzalaryny we tegelek galkanlaryny çykaryp berdi. 11 Köşk garawullary+ hem ýaraglaryny alyp, ybadathananyň sag tarapyndan çep tarapyna çenli aralykda we gurbanlyk ojagy*+ bilen ybadathananyň gapdalynda durdular. Olar patyşany dumly-duşdan goradylar. 12 Soňra Ýehoýada şazadany+ daşaryk çykaryp, başyna täç geýdirdi-de, Hudaýyň kanunyny+ onuň depesinde saklap durdy*. Olar şazadany patyşa edip bellediler-de, el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!»+ diýip gygyryşdylar.
13 Atalýa ylgaşyp barýan adamlaryň sesini eşidip, Ýehowanyň öýüne üýşen märekäniň ýanyna bardy+. 14 Görse, patyşa adat boýunça sütüniň ýanynda dur+. Baştutanlar bilen surnaýçylar+ bolsa patyşanyň gapdalyndady, tutuş jemagat şatlanyp, surnaý çalýardy. Şonda Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Dönüklik! Dönüklik!» diýip gygyrdy. 15 Ýehoýada ruhany bolsa nökerleriň üstünden goýlan ýüzbaşylara+: «Atalýany bärden äkidiň, kim tarapyny tutsa, ony hem gylyçdan geçiriň!» diýdi, sebäbi Ýehoýada: «Atalýany Ýehowanyň öýünde öldüräýmäň» diýip tabşyrypdy. 16 Olar Atalýany tutup, atlaryň köşge+ salynýan ýerine eltip öldürdiler.
17 Soňra Ýehoýada halka-da, patyşa-da Ýehowa bilen äht baglaşdyrdy+. Şol ähte görä, olar Ýehowanyň halky bolmalydy. Ýehoýada tutuş halka patyşa bilen hem äht baglaşdyrdy+. 18 Adamlar Bagalyň buthanasyna baryp, gurbanlyk ojaklaryny+ ýumurdylar, butlaryny çym-pytrak etdiler+. Bagalyň ruhanysy Mattany bolsa gurbanlyk ojaklarynyň öňünde öldürdiler+.
Ýehoýada ruhany Ýehowanyň öýüne seredýän gözegçileri belledi+. 19 Ol patyşany Ýehowanyň öýünden alyp gaýtmak üçin, ýüzbaşylary+, karyly garawullary, köşk garawullaryny+ we tutuş halky ýygnady. Olar köşk garawullarynyň derwezesinden geçip, köşge bardylar. Patyşa bolsa şa tagtynda oturdy+. 20 Bütin halk şatlandy, şäheriň ilaty asuda ýaşap başlady, sebäbi Atalýany köşkde gylyçdan geçiripdiler.
21 Ýehoýaş+ ýedi ýaşynda patyşa boldy+.
12 Ýehuwyň+ hökümdarlygynyň ýedinji ýylynda, Ýehoýaş+ patyşa bolup, Iýerusalimde 40 ýyl höküm sürdi. Ejesi Sibiýa beýer-şebalydy+. 2 Ýehoýada ruhanynyň öwüt-nesihat berýän wagty Ýehoýaş Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi. 3 Emma seždegähler*+ ýok edilmändi, adamlar henizem şol ýerlerde gurbanlyk ýakýardylar.
4 Ýehoýaş ruhanylara şeýle tabşyryk berdi: «Ýehowanyň öýüne getirilýän mukaddes sadakalary+, ýagny her kimden alynýan puly+, adam başyna tölenýän bahany hem-de halkyň Ýehowanyň öýi üçin göwnünden çykaryp berýän puluny ýygnaň+. 5 Ruhanylar şol pullary tanyş-bilişlerinden ýygnap, Hudaýyň öýüniň jaýryk ýerlerini bejersinler»+.
6 Ýehoýaş patyşanyň höküm sürýänine 23 ýyl bolupdy. Ruhanylar henizem Hudaýyň öýüni bejermändiler+. 7 Şonda Ýehoýaş patyşa Ýehoýadany+ we beýleki ruhanylary çagyryp: «Hudaýyň öýüni näme üçin bejereňizok? Bejermejek bolsaňyz, adamlardan pul ýygnamaň»+ diýdi. 8 Şonda ruhanylar indi halkdan pul ýygnamajakdygyny aýdyp, Hudaýyň öýüni bejermekden boýun gaçyrdylar.
9 Soňra Ýehoýada ruhany bir sandygy+ alyp, gapagyny deşdi-de, gurbanlyk ojagynyň* gapdalynda goýdy. Sandyk Ýehowanyň öýüne giren ýeriňde sag tarapda durýardy. Gapyda durýan ruhanylar bolsa Ýehowanyň öýi üçin berilýän pullary sandyga atýardylar+. 10 Sandyk dolsa, patyşanyň kätibine we baş ruhana habar bererdiler. Olar hem Ýehowanyň öýi üçin berlen pullary alyp* sanardylar+. 11 Şol pullary Ýehowanyň öýüni bejerýän gözegçilere bererdiler. Olar hem Ýehowanyň öýünde işleýän agaç ussalara, gurluşykçylara+, 12 daş örýänlere we daş ýonýanlara hak tölärdiler. Şeýle-de Ýehowanyň öýüni bejermek üçin agaçlary, ýonulan daşlary we gurluşyk üçin başga-da zatlary satyn alardylar.
13 Ýehowanyň öýüne getirilýän şol pullar Ýehowanyň öýündäki kümüş legenleri, ot söndürgiçleri, tabaklary, surnaýlary+ we beýleki altyn-kümüş gaplary ýasamak üçin ulanylmaýardy+. 14 Olary diňe ussalara hak tölemek we Ýehowanyň öýüni bejermek üçin ulanýardylar. 15 Işçilere hak töleýän adamlar ynamdardy, şonuň üçin olardan hasabat soralmaýardy+. 16 Ýazyk gurbanlygy+ we günä gurbanlygy üçin getirilýän pullar bolsa Ýehowanyň öýündäki gurluşyk üçin ulanylmaýardy, olar ruhanylara berilýärdi+.
17 Şol wagtlar Siriýa patyşasy Hazaýyl+ Get galasyna+ çozup, basyp aldy. Soňra ol Iýerusalime-de çozjak boldy+. 18 Ýahuda patyşasy Ýehoýaş we ata-babalary Ýehoşapat, Ýehoram, Ahazýa Hudaýa mukaddes sadakalary beripdi. Ýehoýaş şol sadakalary, Ýehowanyň öýüniň we köşgüň hazynalarynda duran ähli altynlary alyp, Siriýa patyşasy Hazaýyla ýollady+. Şonda Hazaýyl Iýerusalimden yza çekildi.
19 Ýehoýaşyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 20 Ýehoýaşyň hyzmatkärleri dildüwşük gurap+, ony Silla barýan ýolda, Beýt-millon*+ diňinde öldürdiler. 21 Ýehoýaşy Şimeýatyň ogly Ýozahar bilen Şomeriň ogly Ýehozabat öldürdi+. Ýehoýaşy Dawudyň şäherinde, ata-babalarynyň ýanynda jaýladylar, ýerine ogly Amazýa patyşa boldy+.
13 Ýahuda patyşasy Ahazýanyň+ ogly Ýehoýaşyň+ hökümdarlygynyň 23-nji ýylynda, Ýehuwyň ogly Ýehogahaz+ Samariýada Ysraýylyň patyşasy boldy. Ol 17 ýyl höküm sürdi. 2 Ýehogahaz Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. Ol Nebatyň ogly Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp, Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmeýärdi+. 3 Şol sebäpli Ýehowanyň Ysraýyla+ gahary gelip+, olary Siriýa patyşasy Hazaýylyň+ we ogly Benhadatyň+ eline berdi.
4 Birnäçe wagtdan Ýehogahaz Ýehowadan rehim-şepagat diläp ýalbardy. Ýehowa hem dilegini eşitdi, sebäbi Hudaý Siriýa patyşasynyň ysraýyllary ezýändigini görýärdi+. 5 Ýehowa Ysraýyly Siriýanyň golastyndan azat etmek üçin, bir halasgär iberdi+. Ysraýyllar ýene-de asuda ýaşap başladylar. 6 Emma olar Ysraýyla günä etdiren Ýerobgamyň maşgalasynyň günäli işlerinden el çekmediler+, günä etmegini goýmadylar, Samariýadaky keramatly pürsi*+ aýyrmadylar. 7 Ýehogahazyň bary-ýogy 50 atlysy, 10 söweş arabasy we 10 000 esgeri* galypdy, sebäbi Siriýa patyşasy olary harmanda ýele sowrulýan saman* ýaly kül-peýekun edipdi+.
8 Ýehogahazyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, ähli eden işleri we şan-şöhraty hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 9 Soňra Ýehogahaz aradan çykyp, Samariýada jaýlandy+, ýerine ogly Ýehoýaş patyşa boldy.
10 Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň hökümdarlygynyň 37-nji ýylynda, Ýehogahazyň ogly Ýehoýaş+ Samariýada Ysraýylyň patyşasy boldy. Ol 16 ýyl höküm sürdi. 11 Ýehoýaş Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. Ol Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň erbet işlerine baş goşup+, ýaman ýolundan sowulmady.
12 Ýehoýaşyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, ähli eden işleri, şan-şöhraty we Ýahuda patyşasy Amazýa+ bilen söweşi hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 13 Ýehoýaş aradan çykyp, Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy+, ýerine Ýerobgam*+ patyşa boldy.
14 Alyşa+ agyr keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş onuň ýanyna gelip, başujunda oturdy-da: «Atam, atam! Ysraýylyň söweş arabasy bilen atlylary!»+ diýip aglady. 15 Şonda Alyşa: «Ok-ýaýyňy al» diýdi. Ýehoýaş ok-ýaýyny aldy. 16 Alyşa Ysraýyl patyşasyna: «Ýaýyňy çek» diýdi. Ol ýaýyny çekende, Alyşa elini patyşanyň eline goýdy. 17 Alyşa: «Gündogar penjiräni aç» diýdi. Patyşa penjiräni açanda, Alyşa: «Indi at!» diýdi. Ol hem atdy. Şonda Alyşa: «Ine, Ýehowanyň ýeňiş peýkamy, Siriýanyň üstünden ýeňiş getirjek peýkamy! Sen siriýalylary Apekde+ bütinleý ýok edersiň» diýdi.
18 Alyşa: «Peýkamlary al-da, ýere ur» diýdi. Ysraýyl patyşasy peýkamlary alyp, üç gezek ýere urdy-da saklandy. 19 Hak Hudaýyň gulunyň gahary gelip: «Bäş-alty gezek urmaly ekeniň! Şonda siriýalylary bütinleý ýok ederdiň. Indi olary diňe üç gezek ýeňersiň»+ diýdi.
20 Soňra Alyşa aradan çykyp jaýlandy. Her ýylyň başyna* ýurda mowap talaňçylary çozardy+. 21 Günlerde bir gün adamlar birini jaýlajak bolup durkalar, talaňçylaryň gelýänini gördüler. Olar jesedi Alyşanyň mazaryna taşlap, gaçyp gitdiler. Jeset Alyşanyň süňklerine degen badyna, direlip+, ýerinden turdy.
22 Ýehogahazyň höküm süren döwri Siriýa patyşasy Hazaýyl+ ysraýyllara köp ezýet çekdirdi+. 23 Emma Ýehowa Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen baglaşan ähtiniň hatyrasyna+ ysraýyllara rehim edip+, aladasyny etdi. Hudaý halkyny heläk etmek islemedi, olary şu wagta çenli ýok etmedi*. 24 Siriýa patyşasy Hazaýyl aradan çykyp, ýerine ogly Benhadat patyşa boldy. 25 Hazaýyl patyşa Ýehogahaz bilen söweşip, Ysraýylyň birnäçe şäherini basyp alypdy. Emma Ýehogahazyň ogly Ýehoýaş şol şäherleri Hazaýylyň ogly Benhadatdan yzyna aldy. Ol Benhadatyň üstünden üç gezek ýeňiş gazandy+.
14 Ysraýyl patyşasy Ýehogahazyň ogly Ýehoýaşyň+ hökümdarlygynyň ikinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýa patyşa boldy. 2 Amazýa 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 29 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýehoýadin iýerusalimlidi+. 3 Amazýa Ýehowanyň öňünde dogry işleri etse-de, atasy Dawut+ ýaly bolup bilmedi. Ol kakasy Ýehoýaşyň ýaman ýolundan ýöredi+. 4 Emma seždegähler* ýok edilmändi+, adamlar henizem şol ýerlerde gurbanlyk ýakýardylar+. 5 Amazýa patyşalygy berkidensoň, kakasyny öldüren hyzmatkärleri öldürdi+. 6 Emma ol Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunynda: «Atalar ogullarynyň etmişi üçin, ogullar hem atalarynyň etmişi üçin öldürilmesin. Her kim öz eden günäsi üçin ölüme höküm edilmelidir»+ diýip tabşyryşy ýaly, şol ganhorlaryň ogullaryny öldürmedi. 7 Amazýa Duz jülgesinde+ edomlylar+ bilen söweşip, 10 000 adamy gyrdy. Selany basyp alyp+, adyna Ýokteýel goýdy, oňa henizem Ýokteýel diýilýär.
8 Soňra Amazýa Ysraýyl patyşasyna, Ýehuwyň agtygy, Ýehogahazyň ogly Ýehoýaşa: «Gel, güýç synanyşaly»+ diýip habar ýollady. 9 Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş bolsa Ýahuda patyşasy Amazýa şeýle jogap berdi: «Liwanyň ýandagy Liwanyň kedr agajyna: „Gyzyňy ogluma bersene“ diýip, sawçy iberipdir. Emma Liwanyň ýyrtyjy haýwany şol ýandagy depeläp geçipdir. 10 Belki, edomlylary derbi-dagyn edeniň üçin+, özüňe göwnüň ýetýändir. Ýöne gazanan ýeňşiňe guwan-da, öýüňde oturyber. Başyňa bela satyn almak nämä gerek? Ýahudany hem özüň bilen ýok etjek bolýaňmy?» 11 Emma Amazýa gulak asmady+.
Şonda Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş söweşe çykdy. Ol Ýahudanyň+ Beýtşemeş+ şäherinde Ýahuda patyşasy Amazýa bilen söweşdi. 12 Ýahudalar ysraýyllardan ýeňlip, öýli-öýüne gaçdylar. 13 Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş Ýahuda patyşasyny, Ahazýanyň agtygy, Ýehoýaşyň ogly Amazýany Beýtşemeşde ele salyp, Iýerusalime äkitdi. Ýehoýaş Efraýym derwezesinden+ Burç derwezesine+ çenli Iýerusalimiň diwarynyň 400 tirsek* aralygyny ýumurdy. 14 Ol Ýehowanyň öýündäki we köşgüň hazynalaryndaky ähli altyn-kümüşleri, gap-gaçlary aldy. Ýesir alan adamlaryny hem Samariýa äkitdi.
15 Ýehoýaşyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, eden işleri, şan-şöhraty we Ýahuda patyşasy Amazýa bilen söweşi hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 16 Ýehoýaş aradan çykyp, Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy+, ýerine ogly Ýerobgam*+ patyşa boldy.
17 Ysraýyl patyşasy+ Ýehogahazyň ogly Ýehoýaş+ aradan çykypdy. Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýa+ bolsa ýene 15 ýyl ýaşady. 18 Amazýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 19 Biraz wagtdan Iýerusalimde Amazýa garşy dildüwşük guradylar+, ol hem Lakyşa gaçyp gitdi. Emma yzyndan adam iberip, ony öldürdiler. 20 Jesedini atly arabada Iýerusalime getirip, Dawudyň şäherinde+, ata-babalarynyň ýanynda jaýladylar. 21 Ýahudalar Amazýanyň+ ýerine ogly Azarýany*+ patyşa bellediler. Şol wagt Azarýa 16 ýaşyndady+. 22 Amazýa patyşa aradan çykansoň, Azarýa Elaty+ ýene-de yzyna alyp, gaýtadan dikeltdi+.
23 Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýanyň hökümdarlygynyň 15-nji ýylynda, Ysraýyl patyşasy Ýehoýaşyň ogly Ýerobgam+ Samariýada patyşa boldy. Ol 41 ýyl höküm sürdi. 24 Ýerobgam Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. Ol Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň erbet işlerinden el çekmedi+. 25 Ol Lebo-hamatdan*+ Araba deňzine*+ çenli Ysraýylyň çäklerini gaýtadan dikeltdi. Şeýlelikde, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň get-heperli+ Emitaý ogly Ýunus pygamber+ arkaly aýdan sözi berjaý boldy. 26 Ýehowa ysraýyl halkynyň çekýän jebir-jepasyny görüpdi+. Şol wagt ysraýyllara arka çykar ýaly adam ýokdy, hatda garamaýak we ejiz adamlardan hem hiç kim galmandy. 27 Emma Ýehowa Ysraýylyň adyny gök astyndan öçürip taşlamajagyny söz beripdi+. Şol sebäpli ol Ýehoýaşyň ogly Ýerobgam arkaly ysraýyllary halas etdi+.
28 Ýerobgamyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, ähli eden işleri, şan-şöhraty, gatnaşan söweşleri, Damask+ bilen Hamaty+ ýene-de Ýahuda we Ysraýyla gaýtaryp berişi hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 29 Soňra Ýerobgam aradan çykyp, Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Zekerýa+ patyşa boldy.
15 Ysraýyl patyşasy Ýerobgamyň* hökümdarlygynyň 27-nji ýylynda, Ýahuda patyşasy+ Amazýanyň+ ogly Azarýa*+ patyşa boldy. 2 Azarýa 16 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 52 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýekolýa iýerusalimlidi. 3 Azarýa kakasy Amazýa ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. 4 Emma seždegähler* ýok edilmändi+, adamlar henizem şol ýerlerde gurbanlyk ýakýardylar+. 5 Ýehowa Azarýa patyşany heýwere keseline+ uçratdy. Ol ölýänçä, keselden ejir çekip, aýratyn öýde ýaşady+. Şol wagtlar ogly Ýotam+ köşgi dolandyryp, halka kazylyk ederdi+. 6 Azarýanyň+ durmuşynda bolan başga-da wakalar, ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 7 Soňra Azarýa aradan çykyp+, Dawudyň şäherinde, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Ýotam patyşa boldy.
8 Ýahuda patyşasy Azarýanyň+ hökümdarlygynyň 38-nji ýylynda, Ýerobgamyň ogly Zekerýa+ Samariýada Ysraýylyň patyşasy bolup, alty aý höküm sürdi. 9 Zekerýa ata-babalary ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdi. Ol Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň erbet işlerinden el çekmedi+. 10 Ýabeşiň ogly Şalum dildüwşük gurap, Iblegamda Zekerýany öldürdi+ we ýerine özi patyşa boldy. 11 Zekerýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 12 Ýehowa Ýehuwa: «Seniň nesliň dört arka çenli Ysraýyl tagtynda oturar»+ diýipdi. Şeýle-de boldy.
13 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň+ hökümdarlygynyň 39-njy ýylynda, Ýabeşiň ogly Şalum patyşa bolup, Samariýada bir aý höküm sürdi. 14 Soňra Gadynyň ogly Manahym Tirsadan+ Samariýa gelip, Ýabeşiň ogly Şalumy+ öldürdi we ýerine özi patyşa boldy. 15 Şalumyň durmuşynda bolan başga-da wakalar we gurnan dildüwşügi hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 16 Şol wagt Manahym Tirsadan gaýdyp, Tipsa çozdy. Adamlar derwezäni açmadylar, şonuň üçin ol tutuş şäheri we daş-töweregini ýer bilen ýegsan etdi, ilatyny gyryp, göwreli aýallaryň garnyny ýardy.
17 Ýahuda patyşasy Azarýanyň hökümdarlygynyň 39-njy ýylynda, Gadynyň ogly Manahym Ysraýylyň patyşasy bolup, Samariýada on ýyl höküm sürdi. 18 Manahym bütin ömrüne Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdi, Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň erbet işlerinden el çekmedi+. 19 Assiriýa patyşasy Puwal+ Ysraýyla çozdy. Manahym bolsa patyşalygy elden gidermejek* bolup, Puwala 1 000 batman* kümüş berdi+. 20 Ol Assiriýa patyşasyna bermek üçin, Ysraýylyň at-abraýly we baý adamlarynyň hersinden 50 şekel* kümüş aldy+. Assiriýa patyşasy hem Ysraýyl ýurdundan yza çekildi. 21 Manahymyň+ durmuşynda bolan başga-da wakalar, ähli eden işleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 22 Soňra Manahym aradan çykdy, ýerine ogly Pekaýa patyşa boldy.
23 Ýahuda patyşasy Azarýanyň hökümdarlygynyň 50-nji ýylynda, Manahymyň ogly Pekaýa Samariýada Ysraýylyň patyşasy bolup, iki ýyl höküm sürdi. 24 Pekaýa Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. Ol Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň erbet işlerinden el çekmedi+. 25 Soňra Pekaýanyň+ serkerdesi Remalyň ogly Pekas dildüwşük gurady. Ol gileadly 50 adamy ýanyna alyp, Samariýadaky köşgüň diňinde Pekaýany we Argop bilen Aryýany öldürdi. Ol Pekaýany öldürip, ýerine özi patyşa boldy. 26 Pekaýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, ähli eden işleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr.
27 Ýahuda patyşasy Azarýanyň hökümdarlygynyň 52-nji ýylynda, Remalyň ogly Pekas+ Samariýada Ysraýylyň patyşasy bolup, 20 ýyl höküm sürdi. 28 Pekas Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. Ol Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň erbet işlerinden el çekmedi+. 29 Ysraýyl patyşasy Pekasyň höküm süren döwri Assiriýa patyşasy Tiglatpileser+ Iýony, Abyl-beýtmagagy+, Ýanowany, Kedeşi+, Hasory, Jeliläni, Gileady+, tutuş Naftaly+ topragyny basyp aldy, ilatyny bolsa Assiriýa+ ýesirlige äkitdi. 30 Soňra Elahyň ogly Hoseýa+ dildüwşük gurap, Remalyň ogly Pekasy öldürdi-de, ýerine özi patyşa boldy. Hoseýa Uzyýanyň ogly Ýotamyň+ hökümdarlygynyň 20-nji ýylynda tagta çykdy. 31 Pekasyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, ähli eden işleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr.
32 Ysraýyl patyşasy Remalyň ogly Pekasyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Uzyýanyň+ ogly Ýotam+ patyşa boldy. 33 Ýotam 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýeruşa Sadygyň gyzydy+. 34 Ýotam kakasy Uzyýa ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. 35 Ol Ýehowanyň öýüniň ýokarky derwezesini gurdy+. Emma seždegähler ýok edilmändi, adamlar henizem şol ýerlerde gurbanlyk ýakýardylar+. 36 Ýotamyň durmuşynda bolan başga-da wakalar we eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 37 Şol wagtlar Ýehowa Siriýa patyşasy Resini we Remalyň ogly Pekasy+ Ýahuda garşy aýaga galdyrdy+. 38 Soňra Ýotam aradan çykyp, atasy Dawudyň şäherinde, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Ahaz patyşa boldy.
16 Remalyň ogly Pekasyň hökümdarlygynyň 17-nji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýotamyň ogly Ahaz+ patyşa boldy. 2 Ahaz 20 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ol atasy Dawut ýaly, Ýehowa Hudaýynyň öňünde dogry işleri etmedi+. 3 Gaýtam Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşdy+, hatda ogluny hem otda ýakyp gurban berdi+. 4 Şeýle-de ol seždegählerde*+, baýyrlarda we her bir uly agajyň+ aşagynda gurbanlyk ýakýardy.
5 Şol wagtlar Siriýanyň patyşasy Resin we Ysraýylyň patyşasy Remal ogly Pekas Ahaz bilen söweşmek üçin Iýerusalimiň daşyny gabady+. Emma olar şäheri basyp alyp bilmediler. 6 Şonda Siriýa patyşasy Resin Elatda+ ýaşaýan ýehudylary* kowup, ony edomlylara gaýtaryp berdi. Edomlylar häzire çenli Elatda ýaşaýar. 7 Ahaz Assiriýa patyşasy Tiglatpilesere+: «Men seniň guluň, ogluň ýalydyryn. Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasy üstüme çozdy, gel-de, meni olardan halas et» diýip habar ýollady. 8 Soňra Ahaz Ýehowanyň öýündäki we köşgüň hazynalaryndaky altyn-kümüşleri Assiriýa patyşasyna sowgat edip iberdi+. 9 Assiriýa patyşasy hem Ahazyň haýyşyny bitirip, Damasga çozdy-da, basyp aldy, ilatyny Hire ýesirlige äkitdi+. Resini bolsa öldürdi+.
10 Ahaz patyşa Assiriýa patyşasy Tiglatpileser bilen görüşmek üçin Damasga bardy. Ol Damaskdaky gurbanlyk ojagyny* görüp, gurluşyny we çyzgysyny Uryýah ruhana iberdi+. 11 Uryýah+ ruhany hem Ahaz patyşanyň Damaskdan ýollan çyzgylary boýunça gurbanlyk ojagyny gurdy+. Ahaz patyşa Damaskdan gelýänçä, ol gurbanlyk ojagyny doly gurup gutardy. 12 Patyşa Damaskdan gelip, gurbanlyk ojagynda gurban berdi+, 13 ýakma gurbanlyklary we galla sadakalary ýakdy. Soňra üstüne şerap sadakalaryny guýup, parahatlyk gurbanlyklaryň ganyny sepdi. 14 Ahaz Ýehowanyň huzurynda duran mis gurbanlyk ojagyny+ ybadathananyň öňünden aýyrdy. Mis gurbanlyk ojagy Ahazyň ýasadan gurbanlyk ojagy bilen Ýehowanyň öýüniň aralygynda durdy. Ahaz ony öz gurbanlyk ojagynyň demirgazygyna süýşürdi. 15 Ol Uryýah+ ruhana: «Irdenki ýakma gurbanlygyny+, agşamky galla sadakasyny+, patyşanyň ýakma gurbanlygy bilen galla sadakasyny, tutuş halkyň hem ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny we şerap sadakalaryny indi uly gurbanlyk ojagynda ýak. Ýakma gurbanlyklaryň we beýleki gurbanlyklaryň ganyny üstüne sep. Mis gurbanlyk ojagyny bolsa näme etmelidigini soň aýdaryn» diýdi. 16 Uryýah ruhany ähli zady Ahaz patyşanyň tabşyryşy ýaly etdi+.
17 Ahaz patyşa ybadathanadaky arabalary+ söküp, gapdallaryny bölekledi-de, üstündäki legenleri+ aýyrdy. Misden ýasalan öküzleriň üstündäki howzy*+ hem alyp, daş düşelen ýerde goýdy+. 18 Ol ybadathanada Sabat güni üçin gurlan bassyrmany* aýyrdy, Ýehowanyň öýüne barýan şa geçelgesini ýapdyrdy. Ahaz şol zatlary Assiriýa patyşasyndan gorkýandygy üçin edipdi.
19 Ahazyň durmuşynda bolan başga-da wakalar we eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr+. 20 Soňra Ahaz aradan çykyp, Dawudyň şäherinde, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Hizkiýa*+ patyşa boldy.
17 Ýahuda patyşasy Ahazyň hökümdarlygynyň 12-nji ýylynda, Elahyň ogly Hoseýa+ Samariýada Ysraýylyň patyşasy bolup, dokuz ýyl höküm sürdi. 2 Hoseýa Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi, ýöne öňki Ysraýyl patyşalary ýaly öte geçmändi. 3 Assiriýa patyşasy Şalmaneser üstüne çozup+, Hoseýany tabyn etdi. Hoseýa Şalmanesere salgyt töläp başlady+. 4 Soňabaka ol Assiriýa patyşasyna öňküsi ýaly salgyt tölemegini goýdy, sebäbi Hoseýa Müsür faraony Soguň ýanyna wekil ýollap, dil düwşüpdi+. Assiriýa patyşasy muny bilip, Hoseýany zyndana taşlady.
5 Assiriýa patyşasy Ysraýyl ýurduna çozdy. Ol Samariýany üç ýyllap gabawda saklady. 6 Hoseýanyň hökümdarlygynyň dokuzynjy ýylynda, Assiriýa patyşasy Samariýany basyp aldy+. Ol ysraýyllary Assiriýa ýesirlige äkidip+, Halahda, Gozan derýasynyň boýundaky Haborda+ we midiýalylaryň şäherlerinde ýaşatdy+.
7 Ysraýyl halky Ýehowa Hudaýa garşy günä edeni üçin şeýle güne düşdi. Hudaý olary faraonyň elinden azat edip, Müsür ýurdundan çykarypdy+. Olar bolsa başga taňrylara sežde edip+, 8 Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň we Ysraýyl patyşalarynyň girizen däp-dessurlaryna eýerdiler.
9 Ysraýyllar Ýehowa Hudaýyň ýigrenýän işlerini edýärdiler. Olar garawul diňinden tä gala çenli* ähli şäherlerde seždegähleri* gurýardylar+. 10 Her baýyrda, uly agajyň+ aşagynda keramatly sütünleri we keramatly pürsleri* dikýärdiler+. 11 Olar Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklary ýaly, her bir seždegähde gurbanlyk ýakýardylar+. Erbet işleri edip, Ýehowanyň göwnüne degýärdiler.
12 Ýehowa: «Butlara sežde etmäň!»+ diýip tabşyrsa-da, ýigrenji butlara* çokunýardylar+. 13 Ýehowa pygamberleri we görgürleri* arkaly Ysraýyl bilen Ýahuda halkyna: «Ýaman ýoluňyzy goýuň! Pygamberlerim arkaly ata-babalaryňyza we size beren tabşyryklarymy, permanlarymy, tutuş kanunymy berjaý ediň» diýip duýdurýardy+. 14 Ýöne olar gulak asmadylar, Ýehowa Hudaýa iman etmedik ata-babalary ýaly, boýnuýogynlyk etdiler+. 15 Hudaýyň kanunlaryny, ata-babalary bilen baglaşan ähtini+, öwüt-ündewlerini* äsgermezlik etdiler+. Ýehowa goňşy halklara meňzemäň diýse-de+, şol halklaryň yzyna eýerdiler. Dereksiz butlara sežde edip+, özleri-de dereksiz boldular+.
16 Ýehowa Hudaýyň tabşyryklaryny bozup, iki göläniň butuny ýasadylar+, keramatly pürs* dikdiler+, asman jisimlerine* tagzym etdiler+ we Bagala sežde etdiler+. 17 Hatda ogul-gyzlaryny hem otda ýakyp gurban berdiler+, palçylyk edip+, täleýe garadylar. Ýehowanyň ýigrenýän işlerine bütin ýüregi bilen berlip*, Hudaýyň göwnüne degdiler.
18 Şol sebäpli Ýehowanyň Ysraýyla gahary gelip, olary huzuryndan ýok etdi+, diňe ýahuda taýpasyny galdyrdy.
19 Emma ýahudalar hem Ýehowanyň tabşyryklaryny bozdular+. Olar hem ysraýyllaryň däp-dessurlaryna eýerdiler+. 20 Şonda Ýehowa bütin Ysraýyl neslinden ýüz öwürdi. Olary kemsidip, talaňçylaryň eline berdi, bütinleý ýok etdi*. 21 Hudaý Ysraýyly Dawudyň öýünden sogrup aldy. Ysraýyllar Nebatyň ogly Ýerobgamy patyşa bellediler+. Ýerobgam bolsa halky ýoldan çykardy, Ýehowadan daşlaşdyryp, agyr günä etdirdi. 22 Ysraýyllar Ýerobgamyň erbet işlerine baş goşup, olardan el çekmedi+. 23 Ahyry Ýehowa pygamberleri arkaly aýdyşy ýaly, ysraýyllary huzuryndan kowdy+. Ysraýyllar Assiriýa ýesirlige äkidildi+, olar häzirem şol ýerde ýaşaýar.
24 Soňra Assiriýa patyşasy ysraýyllara derek Samariýanyň şäherlerine Wawilondan, Kutahdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan+ adamlary getirdi. Olar Samariýany eýeläp, şäherlerinde ýaşap başladylar. 25 Göçüp gelen halklar başda Ýehowadan gorkmaýardy. Ýehowa olaryň üstüne ýolbarslary iberip+, adamlary öldürtdi. 26 Şonda Assiriýa patyşasyna: «Ýesir alyp, Samariýanyň şäherlerine göçüren halklaryň ýerli Hudaýa nädip sežde etmelidigini* bilmeýän eken. Hudaý hem ýolbarslary iberip, olary birýandan gyryp otyr, sebäbi hiç kim ýerli Hudaýa nädip sežde etmelidigini bilenok» diýip habar berdiler.
27 Şonda Assiriýa patyşasy: «Ýesir düşen ruhanylaryň birini yzyna iberiň. Goý, ol adamlara ýerli Hudaýa nädip sežde etmelidigini öwretsin» diýip buýruk berdi. 28 Şeýlelikde, Samariýadan ýesir alnan ruhanylaryň biri yzyna gidip, Beýtelde+ ýaşap başlady we şol halklara Ýehowadan gorkmagy öwretdi+.
29 Emma olar haýsy şäherde ýaşasalar-da, öz taňrylaryny ýasadylar, samariýalylaryň depelerde guran seždegählerinde butlaryny goýdular. 30 Wawilonlylar Sukot-benot butuny, kutlylar Nergal butuny, hamatlylar+ Aşyma butuny, 31 awalylar bolsa Nephaz bilen Tartag butuny ýasadylar. Separwaýymlylar Adrammälik we Anamälik taňrylary üçin ogullaryny-da otda ýakýardylar+. 32 Olar Ýehowadan gorksalar-da, ýönekeý halkdan ruhanylary belleýärdiler, olar bolsa depelerdäki seždegählerde hyzmat edýärdiler+. 33 Şol halklar Ýehowadan gorksalar-da, watanyndaky dini däp-dessurlara eýerip, öz taňrylaryna çokunýardylar+.
34 Olar häzire çenli öňki dinlerine uýýarlar. Hiç biri Ýehowa sežde etmeýär, Ýehowanyň Ýakubyň ogullaryna beren düzgünlerini, hökümlerini, kanunlaryny we tabşyryklaryny ýerine ýetirmeýär. Hudaý Ýakubyň adyna Ysraýyl goýupdy+. 35 Ýehowa olar bilen äht baglaşanda+: «Başga taňrylara sežde etmäň*, tagzym etmäň, sygynmaň we gurbanlyk bermäň+. 36 Güýç-kuwwatly goly bilen sizi Müsür ýurdundan çykaran Ýehowa sežde ediň, diňe oňa tagzym edip, gurbanlyk beriň+. 37 Hudaýyň size ýazyp beren düzgünlerini, hökümlerini, kanunlaryny we tabşyryklaryny birkemsiz berjaý ediň+, başga taňrylara sežde etmäň*. 38 Siz bilen baglaşan ähtimi ýatdan çykarmaň+, başga taňrylara sežde etmäň. 39 Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkuň, sizi ähli duşmanlaryňyzdan diňe ol halas eder» diýipdi.
40 Emma halklar gulak asmadylar, öňki dinlerine uýdular+. 41 Olar Ýehowadan gorkýardylar+, ýöne öz butlaryna-da çokunýardylar. Çagalary, agtyklary hem häzire çenli ata-babalarynyň edenini gaýtalaýar.
18 Ysraýyl patyşasy Elahyň ogly Hoseýanyň+ hökümdarlygynyň üçünji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ahazyň+ ogly Hizkiýa+ patyşa boldy. 2 Hizkiýa 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 29 ýyl höküm sürdi. Ejesi Aby* Zekerýanyň gyzydy+. 3 Hizkiýa atasy Dawut+ ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. 4 Ol seždegähleri*+ ýumurdy, keramatly sütünleri çym-pytrak edip, keramatly pürsi*+ çapdy. Musanyň misden ýasan ýylanyny+ hem kül-owram etdi, sebäbi ysraýyllar şol ýylana Nehuştan* diýip at goýup, öňünde gurbanlyk ýakýardylar. 5 Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Ýehowa bil baglaýardy+. Ýahudanyň öňki-soňky patyşalarynyň arasynda Hizkiýa taý geljegi ýokdy. 6 Ol Ýehowa wepaly bolup+, ýolundan sowulmady. Hizkiýa Ýehowanyň Musa beren tabşyryklaryny ýerine ýetirýärdi. 7 Ýehowa hem ony goldaýardy. Hizkiýa haýsy işiň başyna barsa-da, paýhasly hereket edýärdi. Ol Assiriýa patyşasyna garşy çykyp, oňa gulluk etmekden boýun gaçyrdy+. 8 Gazadaky we daş-töweregindäki piliştlileri+ derbi-dagyn edip, olary garawul diňinden tä gala çenli* gyrdy.
9 Hizkiýanyň hökümdarlygynyň dördünji ýylynda, ýagny Ysraýyl patyşasy Elahyň ogly Hoseýanyň+ hökümdarlygynyň ýedinji ýylynda, Assiriýa patyşasy Şalmaneser Samariýanyň daşyny gabady+. 10 Üç ýyldan, ýagny Hizkiýanyň hökümdarlygynyň altynjy ýylynda, Ysraýyl patyşasy Hoseýanyň hökümdarlygynyň bolsa dokuzynjy ýylynda, assiriýalylar Samariýany basyp aldy+. 11 Ol ysraýyllary Assiriýa ýesirlige äkidip+, Halahda, Gozan derýasynyň boýundaky Haborda we midiýalylaryň şäherlerinde ýaşatdy+. 12 Sebäbi ysraýyllar Ýehowa Hudaýa gulak asmadylar, baglaşan ähtini bozup, Ýehowanyň Musa pygamber arkaly beren tabşyryklaryny äsgermezlik etdiler+. Olar ne gulak asdylar, ne-de boýun boldular.
13 Hizkiýanyň hökümdarlygynyň 14-nji ýylynda, Assiriýa patyşasy Sanherip+ Ýahudanyň galalaryny basyp aldy+. 14 Şonda Ýahuda patyşasy Hizkiýa Lakyş şäherine, Assiriýa patyşasyna habar ýollap: «Günä mende. Näme sorasaň bereýin, yza çekiläý» diýdi. Assiriýa patyşasy Ýahuda patyşasyna 300 batman* kümüş we 30 batman altyn salgyt saldy. 15 Hizkiýa Ýehowanyň öýündäki we köşgüň hazynalaryndaky ähli kümüşleri berdi+. 16 Hizkiýa Ýehowanyň ybadathanasyndaky gapylary+ we söýeleri+ altyna gaplapdy, ol şolary hem Assiriýa patyşasyna berdi.
17 Assiriýa patyşasy baş serkerdesini*, baş wezirini* we baş şerapçysyny* uly goşuny bilen Lakyşdan+ Iýerusalime, Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi+. Olar Iýerusalime baryp, kir ýuwulýan meýdança gidýän uly ýoluň ugrundaky ýokarky howdanyň arygyna* bardylar+. 18 Olar patyşany çagyrdylar, emma olaryň ýanyna Hilkiýanyň ogly baş wezir* Alyýakym+, Şebna+ kätip we Asafyň ogly Ýowa mürze geldi.
19 Baş şerapçy olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, Hizkiýa aýdyň: „Assiriýanyň beýik patyşasy şeýle diýýär: „Sen nämä daýanýaň?+ 20 „Men söweşe ökde, güýç-kuwwatym bar“ diýýäň, ýöne aýdýanyň boş söz. Kime bil baglap, maňa garşy çykdyň?+ 21 Sen Müsüre, epilen gamşa bil baglaýansyň+. Gamşa söýenseň, gamyş eliňe çümüp, aýaňy keser. Müsür faraonyna bil baglan adamyň hem görjegi şudur. 22 Belki: „Biz Ýehowa Hudaýymyza bil baglaýarys“+ diýýänsiňiz. Hizkiýa Ýahuda we Iýerusalim ilatyna: „Iýerusalimdäki gurbanlyk ojagynyň* öňünde sežde ediň“+ diýipdi. Onda näme üçin ol Hudaýyňyzyň seždegählerini we gurbanlyk ojaklaryny aýyrdy?“+ 23 Sen meniň hökümdarym Assiriýa patyşasy bilen jedel etjekmi? Saňa 2 000 at bersem, ata çykar ýaly nöker tapyp bilermiň?+ 24 Müsüriň söweş arabalaryna we atlylaryna bil baglasaň-da, hökümdarymyň iň pes häkimine gaýtawul berip bilmersiň! 25 Onsoňam, bärik Ýehowadan birugsat gelendirin öýdýäňmi? Ýehowanyň özi maňa: „Bar, şol ýurda çoz-da, ýer bilen ýegsan et“ diýdi».
26 Şonda Hilkiýanyň ogly Alyýakym, Şebna+ we Ýowa baş şerapça+: «Gaýrat et-de, biz bilen arameý* dilinde+ gepleş, şol dile düşünýäris. Diwardaky adamlara eşitdirip, ýehudy dilinde gepleme»+ diýdiler. 27 Ýöne baş şerapçy: «Hökümdaryň habaryny diňe patyşaňyza we size aýtmaga gelendirin öýdýäňizmi? Muny diwaryň üstünde oturan adamlara-da aýtmaly. Olaram siz ýaly nejasadyny iýip, peşewini içerler» diýdi.
28 Soňra baş şerapçy duran ýerinden batly ses bilen gygyryp, ýehudy dilinde: «Beýik hökümdar Assiriýa patyşasynyň sözüni diňläň!+ 29 Patyşa şeýle diýýär: „Hizkiýa özüňizi aldatmaň! Ol sizi elimden halas edip bilmez+. 30 Hizkiýa: „Ýehowa bizi hökman halas eder, şäheri Assiriýa patyşasynyň eline bermez“+ diýip, Ýehowa bil baglatjak bolýar, ýöne oňa ynanmaň. 31 Hizkiýany diňlemäň! Assiriýa patyşasy şeýle diýýär: „Maňa tabyn boluň, boýun egiň. Şonda her kim öz üzümini, injirini iýer, öz guýusyndan suw içer. 32 Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyz ýaly bal akýan mes toprakly ýurda, gallanyň, täze şerabyň, çöregiň, üzümiň, zeýtun agaçlaryň bol ýerine äkiderin+. Ölmersiňiz, ähliňiz diri galarsyňyz. Hizkiýany diňlemäň, ol: „Ýehowa bizi halas eder“ diýip aldaýar. 33 Haýsy halkyň taňrysy öz ýurduny Assiriýa patyşasynyň elinden halas edip bildi? 34 Hamatyň+, Arpatyň taňrylary nirede? Separwaýymyň+, Henanyň, Ywahyň taňrylary nirede? Olar Samariýany elimden halas edip bildimi?+ 35 Şol taňrylaryň haýsy biri öz ýurduny elimden halas etdi?! Onda Ýehowa Iýerusalimi nädip elimden halas etsin?!“»+ diýdi.
36 Ýöne adamlar sesini çykarmady, hiç zat jogap bermedi, sebäbi patyşa: «Hiç zat jogap beräýmäň»+ diýip tabşyrypdy. 37 Hilkiýanyň ogly baş wezir* Alyýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa mürze ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna geldiler. Olar baş şerapçynyň sözlerini gürrüň berdiler.
19 Hizkiýa patyşa muny eşiden badyna, ýakasyny ýyrtyp, jul geýip, Ýehowanyň öýüne gitdi+. 2 Soňra ol baş wezir* Alyýakymy, Şebna kätibi we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa+ pygamberiň ýanyna iberdi, olaram jul geýipdi. 3 Olar Işaýanyň ýanyna baryp şeýle diýdiler: «Hizkiýa şeýle diýýär: „Biz kyn güne düşdük, kemsidildik*, masgara bolduk. Şu wagt biziň ýagdaýymyz burgusy tutup, çagasyny dogurmaga ysgyn-mydary galmadyk aýalyňka meňzeýär+. 4 Assiriýa patyşasynyň iberen baş şerapçysy* Biribaryň üstünden gülýär+. Ýehowa Hudaý onuň sözlerini eşitsin. Goý, Ýehowa Hudaý oňa jeza bersin. Sen bolsa aman galanlar üçin dileg et“»+.
5 Emeldarlar Hizkiýa patyşanyň sözlerini Işaýa pygambere gürrüň berdiler+. 6 Işaýa pygamber şeýle jogap berdi: «Gidiň-de, hökümdara Ýehowanyň şu habaryny aýdyň: „Assiriýa patyşasynyň geňeşçileri* maňa dil ýetirdi, olaryň sözlerinden gorkma+. 7 Men Assiriýa patyşasynyň ýüregine bir pikir guýaryn. Ol bir habar eşidip, ýurduna dolanar. Ony öz ýurdunda gylyçdan geçirderin“»+.
8 Assiriýa patyşasy Lakyşdan+ gidip, Libna çozdy. Baş şerapçy muny eşidip, patyşanyň ýanyna gitdi+. 9 Assiriýa patyşasyna: «Efiopiýa patyşasy Tirkahan bize garşy söweşe çykdy» diýip habar berdiler. Şonda ol Hizkiýanyň ýanyna ýene-de çaparlaryny ýollap+, şeýle diýdi: 10 «Ýahuda patyşasy Hizkiýa aýdyň: „Sen Hudaýyňa bil baglama, „Iýerusalim Assiriýa patyşasynyň eline berilmez“ diýen sözlerine aldanma+. 11 Assiriýa patyşalarynyň ähli ýurtlary weýran edendigini bilýänsiň+. Indi gel-gel sen halas bolaryn öýdýäňmi? 12 Ata-babalarym birgiden halklary ýok etdi, taňrylary olary halas edip bildimi? Gozan, Haran+, Resep we Telasarda ýaşan Erem halky nirede? 13 Hamatyň, Arpatyň patyşalary, Separwaýym, Hena we Ywah şäherleriniň patyşalary nirede?“»+.
14 Hizkiýa habarçylaryň elinden hatlary alyp okady. Ol Ýehowanyň öýüne baryp, hatlary Ýehowanyň öňünde açyp goýdy+. 15 Hizkiýa Ýehowa şeýle doga etdi+: «Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, keruplaryň üstünde*+ tagtda oturan Hudaý! Sen bütin ýer ýüzündäki patyşalyklaryň ýeke-täk hak Hudaýysyň+. Ýeri-gögi ýaradan sensiň! 16 Ýehowa, ýalbarýaryn, dogamy diňle!+ Ýehowa, nazar sal!+ Eý Biribar, Sanheribiň seni ýaňsylap aýdan sözlerini eşit! 17 Ýehowa, Assiriýa patyşalary birgiden halklary gyryp, ýurduny weýran etdi+. 18 Olaryň taňrylaryny-da otda ýakdylar, aslynda, olar hudaý hem däldi+, ynsan eliniň işidi, agaçdan we daşdan ýasalan butlardy+. Şonuň üçin olar ýok edildi. 19 Ýehowa Hudaýymyz, bizi Assiriýa patyşasynyň elinden halas et! Ýehowa, goý, ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary seniň ýeke-täk Alladygyňy bilsinler»+ diýdi.
20 Amozyň ogly Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle habar ýollady: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Assiriýa patyşasy Sanherip hakda eden dogaňy eşitdim+. 21 Ýehowa oňa şeýle diýýär:
„Sion gyzy seni kemsidip, üstüňden gülýär.
Iýerusalim gyzy saňa seredip, başyny ýaýkaýar.
22 Sen kimi kemsidýärsiň? Kime dil ýetirýärsiň?+
Kime haýbat atýarsyň?+
Kime göwnüýetmezçilik edýärsiň?
Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynamy?+
23 Çaparlaryňy iberdiň+.
Ýehowanyň üstünden gülüp, şeýle diýdiň+:
„Birgiden söweş arabam bilen,
Daglaryň depesine çykaryn,
Liwanyň aňry çetine baryp ýeterin.
Beýik kedr agaçlaryny, owadan arça agaçlaryny çaparyn.
Çet ýerlerine, gür tokaýlaryna bararyn.
24 Guýular gazyp, başga halklaryň suwuny içerin,
Müsüriň çeşmelerini* dabanym bilen guradaryn“.
Birmahallar niýet edipdim+.
Indi bolsa amala aşyraryn+.
Sen galalary weýran edip, haraba öwrersiň+.
26 Olaryň ilaty güýçden gaçarlar,
Gorkup, masgara bolarlar.
Sähradaky ot-çöpe dönerler+,
Gündogardan öwüsýän ýeliň howruna guran üçekdäki ot kimin bolarlar.
29 Hizkiýa, seniň üçin şeýle alamat bolar: şu ýyl öz-özünden biten hasyly iýersiňiz, indiki ýyl bolsa ýere gaçan dänelerden gögeren gallany iýersiňiz+. Üçünji ýyl tohum sepip, hasyl alarsyňyz we üzüm agaçlaryny oturdyp, miwesini iýersiňiz+. 30 Ýahuda halkynyň halas bolanlary we aman galanlary+ kök urup, miwe berer. 31 Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gaýdar. Serkerdebaşy Ýehowa muny höwes* bilen eder+.
32 Ýehowa Assiriýa patyşasy hakda şeýle diýýär+:
33 Gelen ýoly bilen yzyna gider,
Şähere aýagyny hem sekmez“. Muny Ýehowa aýdýandyr.
35 Şol gije Ýehowanyň perişdesi gelip, assiriýalylaryň düşelgesinde 185 000 esgeri öldürdi+. Adamlar irden turup görseler, duşmanlaryň ählisi gyrlypdyr+. 36 Şonda Assiriýa patyşasy Sanherip Ninewiýa+ dolandy+. 37 Ol öz taňrysy Nisrohyň buthanasynda sežde edip durka, ogullary Adrammälik bilen Şareser ony gylyçdan geçirdiler+. Olar Ararat+ ýurduna gaçyp gitdiler. Sanheribiň ýerine ogly Esarhadon+ patyşa boldy.
20 Şol wagtlar Hizkiýa agyr keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy+. Amozyň ogly Işaýa pygamber Hizkiýanyň ýanyna gelip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Maşgalaňa wesýet et, sen sagalmarsyň, ölersiň“»+ diýdi. 2 Şonda Hizkiýa ýüzüni diwara öwrüp, Ýehowa doga etdi. 3 Ol: «Ýehowa, ýalbarýaryn, saňa bütin ýüregim bilen wepaly bolanymy, öňüňde ýagşy işleri edenimi ýadyňa sal»+ diýip, möňňürip aglady.
4 Işaýa pygamber köşgüň ortaky howlusyna ýetmänkä, Ýehowa oňa şeýle diýdi+: 5 «Yzyňa dolan-da, halkymyň baştutany Hizkiýa: „Ataň Dawudyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Dilegiňi eşitdim, gözýaşyňy gördüm+, seni sagaldaryn+. Birigün* Ýehowanyň öýüne bararsyň+. 6 Ömrüňi ýene 15 ýyl uzaldaryn, seni-de, şäheri-de Assiriýa patyşasynyň elinden halas ederin+. Öz adymyň we gulum Dawudyň hatyrasyna şäheri goraryn“+ diý».
7 Soňra Işaýa pygamber hyzmatkärlere: «Kak edilen injir getiriň» diýdi. Olar hem getirip, Hizkiýanyň ýarasyna ýapdylar. Hizkiýa kem-kemden gutulyp başlady+.
8 Hizkiýa Işaýadan: «Ýehowanyň meni sagaltjakdygyny, birigün* Ýehowanyň öýüne barjakdygymy görkezýän alamat+ bolarmy?» diýip sorapdy. 9 Işaýa: «Ýehowa beren sözünde durar. Ýehowa saňa bir alamat görkezer. Hany aýt, şu basgançakdaky* kölege on ädim öňe süýşsünmi ýa yza?»+ diýdi. 10 Hizkiýa: «Kölege barybir on ädim öňe süýşer. Goý, kölege on ädim yza süýşsün» diýdi. 11 Şonda Işaýa pygamber Ýehowa dileg etdi, Hudaý Ahazyň basgançagyna düşýän kölegäni on ädim yza süýşürdi+.
12 Wawilon patyşasy Balahanyň ogly Berotbalahan Hizkiýanyň keselländigini eşidip, hat ýazyp, sowgat-serpaý iberdi+. 13 Hizkiýa gelen myhmanlary garşy alyp, olara hazynasyndaky altyn-kümşüni, melhem ýagyny, başga-da gymmatbaha ýaglaryny, ok-ýaraglaryny we genji-hazynasyny görkezdi+. Köşgünde we patyşalygynda Hizkiýanyň olara görkezmedik zady galmady.
14 Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip: «Olar nireli, näme üçin gelipdir?» diýip sorady. Hizkiýa: «Olar uzak ýurtdan, Wawilondan gelipdirler»+ diýdi. 15 Işaýa: «Köşkde nämeleri görkezdiň?» diýip sorady. Hizkiýa: «Hemme zady, hazynamda görkezmedik zadym galmady» diýdi.
16 Şonda Işaýa: «Ýehowanyň sözüni diňle+. 17 Ýehowa şeýle diýýär: „Şeýle bir günler geler, köşgüň ähli zady, ata-babalaryň şu çaka çenli ýygnan zatlary Wawilona äkidiler+, ýekeje zat hem galmaz. 18 Ogullaryň käbirini hem ýesirlige äkiderler+, olar Wawilon patyşasynyň köşk emeldarlary bolarlar“»+ diýdi.
19 Hizkiýa patyşa Işaýa: «Ýehowanyň aýdan sözleri hakdyr»+ diýdi. Soňra ol: «Meniň döwrümde parahatlygyň we asudalygyň boljagyna şükür»+ diýdi.
20 Hizkiýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, şan-şöhraty, howdan+ we aryk gazdyryp, şähere suw çekdirendigi+ hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 21 Soňra Hizkiýa aradan çykyp+, ýerine ogly Manaşa+ patyşa boldy+.
21 Manaşa+ 12 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 55 ýyl höküm sürdi+. Ejesiniň ady Hepzybady. 2 Manaşa Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşup, Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdi+. 3 Ol kakasy Hizkiýanyň ýumran seždegählerini*+ dikeltdi. Ysraýyl patyşasy Ahap ýaly, Bagal üçin gurbanlyk ojaklaryny* gurup+, keramatly pürs*+ dikdi. Asman jisimlerine* tagzym etdi, sežde etdi+. 4 Ýehowa: «Iýerusalim meniň adymy göterer»+ diýipdi. Manaşa bolsa Ýehowanyň öýünde ýalan taňrylar üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+. 5 Ýehowanyň öýüniň iki howlusynda-da+ asman jisimleri üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+. 6 Ol hatda ogluny hem otda ýakyp gurban berdi, jadygöýlik edip, täleýe garady, jadygöýleri hem bilgiçleri* belledi+. Manaşa Ýehowanyň öňünde köp erbet işleri edip, Hudaýyň göwnüne degdi.
7 Manaşa keramatly pürsüň*+ oýma butuny ýasap, Hudaýyň öýünde goýdy. Ýehowa Dawut bilen ogly Süleýmana: «Şu öý, ysraýyl taýpalarynyň arasyndan saýlan şäherim Iýerusalim hemişe meniň adymy göterer+. 8 Ysraýyllar tabşyryklarymy birkemsiz ýerine ýetirseler, gulum Musa arkaly beren kanunyma doly eýerseler+, olary ata-babalaryna beren ýurdumdan hiç wagt kowmaryn»+ diýipdi. 9 Emma halk gulak asmady, Manaşa hem olary ýoldan çykardy. Olar Ýehowanyň ýurtdan ýok eden halklaryndan+ hem beter erbet işleri etdiler.
10 Ýehowa bolsa pygamberlerini gaýta-gaýta ýollap+: 11 «Ýahuda patyşasy Manaşa ýigrenji işlere baş goşup, birwagt ýaşan+ amorlardan+ hem geçirdi. Nejis butlary* bilen Ýahuda halkyna günä etdirdi. 12 Şol sebäpli Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Iýerusalime we Ýahuda şeýle bir betbagtçylyk indererin+ welin, eşidenleriň ini tikenekläp gider*+. 13 Iýerusalimi Samariýada+ ulanan ölçeg ýüpüm+ bilen, Ahabyň öýünde ulanan ölçeg daşym* bilen ölçärin+. Tabagyň içini-daşyny süpürip, düňderip goýuşlary ýaly, Iýerusalimi syryp süpürerin+. 14 Galanja mirasymy+ terk edip, duşmanlaryň eline bererin. Olary ýesir alarlar, zatlaryny talarlar+. 15 Sebäbi olar ata-babalaryny Müsürden çykaran günümden bäri ýigrenýän işlerimi edip, göwnüme degýärler“»+ diýdi.
16 Manaşa Ýehowanyň öňünde erbet işleri edip, Ýahuda halkyna günä etdirenini az görýän ýaly, Iýerusalimiň o çetinden bu çetine çenli gan çaýkap, birgiden bigünä adamy öldürdi+. 17 Manaşanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, ähli eden işleri we günäleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 18 Soňra Manaşa aradan çykyp, köşgündäki Uzza bagynda jaýlandy+, ýerine ogly Amon patyşa boldy.
19 Amon+ 22 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde iki ýyl höküm sürdi+. Ejesi Meşulemet ýotbaly Harusyň gyzydy. 20 Amon kakasy Manaşa ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 21 Ol kakasynyň ýaman ýolundan ýöräp, nejis butlaryna çokunýardy, sežde edýärdi+. 22 Ol ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowadan ýüz öwürdi, Ýehowanyň ýolundan ýöremedi+. 23 Ahyrsoňy hyzmatkärleri dil düwşüp, köşkde Amony öldürdiler. 24 Emma adamlar Amon patyşa garşy dil düwşenleri öldürip, ýerine ogly Ýoşyýany patyşa bellediler+. 25 Amonyň durmuşynda bolan başga-da wakalar we eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 26 Amony Uzza bagynda, öz mazarynda jaýladylar+, ýerine ogly Ýoşyýa+ patyşa boldy.
22 Ýoşyýa+ sekiz ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 31 ýyl höküm sürdi+. Ejesi Ýedida boskatly+ Adaýyň gyzydy. 2 Ýoşyýa Ýehowanyň öňünde dogry işleri etdi. Ol atasy Dawudyň+ ýolundan ýöräp, saga-sola sowulmady.
3 Ýoşyýa patyşa hökümdarlygynyň 18-nji ýylynda, Meşullamyň agtygy, Asalýanyň ogly Şapan kätibi Ýehowanyň öýüne iberip+: 4 «Baş ruhany Hilkiýanyň+ ýanyna bar. Ol Ýehowanyň öýüne getirilýän pullary+, ýagny gapydaky garawullaryň ýygnan pullaryny alsyn+. 5 Şol pullary Ýehowanyň öýüni bejerýän gözegçilere beriň. Olar hem Ýehowanyň öýüni bejerýän ussalara+: 6 senetçilere, gurluşykçylara, daş örýänlere hak tölesin we gurluşyk üçin agaç, ýonulan daş alsyn+. 7 Olar ynamdar adam, şonuň üçin puluň hasabyny soramaň»+ diýdi.
8 Biraz wagtdan baş ruhany Hilkiýa Şapan kätibe+: «Ýehowanyň öýünden Kanun kitabyny+ tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby Şapana berdi, ol okap başlady+. 9 Şapan kätip patyşanyň ýanyna gidip: «Hyzmatkärler ybadathanadaky pullary ýygnap, Ýehowanyň öýüni bejerýän gözegçilere berdiler»+ diýdi. 10 Soňra ol: «Ine şu kitaby+ Hilkiýa ruhany berdi» diýip, patyşanyň öňünde okap başlady.
11 Ýoşyýa patyşa Kanunda ýazylan sözleri eşiden badyna, ýakasyny ýyrtdy+. 12 Ol Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama+, Mikhaýyň ogly Ahbora, Şapan kätibe we şa hyzmatçysy Asaýa: 13 «Gidiň-de, Ýehowadan kitapdaky sözlere görä maňa, halka we tutuş Ýahuda näme boljagyny soraň. Ýehowanyň bize gahary gelýändir+, sebäbi ata-babalarymyz kitapda ýazylan tabşyryklara gulak asmadylar, ýerine ýetirmediler» diýdi.
14 Şonda Hilkiýa ruhany, Ahykam, Ahbor, Şapan we Asaýa bilelikde Hulda atly pygamber aýalyň+ ýanyna gitdiler. Ol Harhasyň agtygy, Tegwanyň ogly Şalumyň aýalydy. Şalum egin-eşik saklanýan jaýyň gözegçisidi. Hulda Iýerusalimiň täze gurlan tarapynda ýaşaýardy. Olar baryp, Hulda bilen gepleşdiler+. 15 Hulda olara şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sizi iberen adama aýdyň. 16 — Ýehowa yglan edýär — men ýurda we ilatyň başyna betbagtçylyk indererin. Ýahuda patyşasynyň kitapda okan sözleri doly berjaý bolar+. 17 Olar menden ýüz öwrüp, başga taňrylar üçin gurbanlyk ýakdylar+, eden işleri bilen göwnüme degdiler+. Şonuň üçin ýurda gelen gaharym hiç wagt köşeşmez“+. 18 Emma sizi Ýehowanyň ýanyna iberen Ýahuda patyşasyna aýdyň: „Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sen Kanundaky sözleri 19 ýürekden kabul etdiň. Ýurda we ilata çykarylan hökümi, olaryň gargyşa galyp, elhenç ýagdaýa düşjegini eşidip, Ýehowanyň öňünde özüňi kiçeltdiň+, ýakaňy ýyrtyp+, gözýaş dökdüň, şonuň üçin dilegiňi eşitdim. Muny Ýehowa aýdýandyr. 20 Sen ýurda inderjek betbagtçylygymy görmersiň, asudalykda dünýäden ötüp jaýlanarsyň“». Olar hem gidip, muny patyşa habar berdiler.
23 Patyşa habar ýollap, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularyny ýygnady+. 2 Ol tutuş Ýahuda we Iýerusalim ilaty, ruhanylar, pygamberler, uludan-kiçä ähli adamlar bilen Ýehowanyň öýüne gitdi. Patyşa olara Ýehowanyň öýünden tapylan+ äht+ kitabyny+ okap berdi. 3 Ol sütüniň ýanynda durup, kitapda ýazylan sözlere* görä Ýehowa bilen äht baglaşdy*+. Ýehowanyň ýolundan ýöräp, tabşyryklaryny, öwüt-ündewlerini*, kanunlaryny bütin ýüregi, bütin jany* bilen ýerine ýetirip, şol ähte görä ýaşamagy söz berdi. Halk hem ähti makullady+.
4 Soňra Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa+, beýleki ruhanylara we garawullara buýruk berip, Bagala, keramatly pürse*+, asman jisimlerine* sežde etmek üçin ulanylýan ähli gap-gaçlary Ýehowanyň ybadathanasyndan çykartdy. Patyşa olary Iýerusalimiň daşyndaky Kidron jülgesiniň ýapgydynda ýakyp, külüni Beýtele+ äkitdi. 5 Şeýle-de ol öňki patyşalaryň Ýahudanyň şäherlerindäki, Iýerusalimiň töweregindäki seždegählerde* ýalan taňrylara gurbanlyk ýakmak üçin bellän ruhanylaryny we Bagala, Güne, Aýa, täleý ýyldyzlaryna, asman jisimlerine* gurbanlyk ýakýanlary kowdy+. 6 Ýehowanyň öýündäki keramatly pürsi*+ hem Iýerusalimiň daşyndaky Kidron jülgesinde ýakyp+ kül etdi, külüni bolsa garamaýak adamlaryň mazarlarynyň üstüne sowurdy+. 7 Ol Ýehowanyň öýünde azgynlyk edýän erkekleriň*+ jaýlaryny-da ýumurdy. Şol jaýlarda aýallar keramatly pürs* üçin çadyr dokardylar.
8 Soňra ol Ýahuda şäherlerindäki ruhanylary ýygnap, Gebadan+ tä Beýer-şeba+ çenli ähli seždegähleri ulanylmaz ýaly etdi*. Şol seždegählerde ruhanylar gurbanlyk ýakýardy. Şäher derwezesinden giren ýeriňde çep tarapda, Ýuşa häkimiň derwezesiniň agzynda hem seždegähler bardy. Patyşa olary-da ýumurdy. 9 Şol seždegählerdäki ruhanylar beýleki ruhanylar bilen petir çörekden* iýseler-de, Iýerusalimde Ýehowanyň gurbanlyk ojagynda* hyzmat etmeýärdiler+. 10 Hiç kim Molek taňrysy üçin ogul-gyzyny otda ýakmaz ýaly+, Ýoşyýa patyşa Hennem+ ogullarynyň jülgesindäki* Topeti+ ulanylmaz ýaly etdi*. 11 Ýahuda patyşalarynyň Güne bagyşlan atlaryny bolsa Ýehowanyň öýüne salmagy gadagan etdi. Olary Natanmälik weziriň eýwanyndan* ybadathana salardylar. Ýoşyýa patyşa Güne+ bagyşlanan arabalary-da otlady. 12 Ahazyň ýokarky otagynyň üçeginde Ýahuda patyşalary gurbanlyk ojaklaryny goýupdy+. Manaşa hem Ýehowanyň öýüniň iki howlusynda gurbanlyk ojaklaryny ýasapdy+. Ýoşyýa olaryň ählisini çym-pytrak edip, gumuny Kidron jülgesinde sowurdy. 13 Şeýle-de ol Iýerusalimiň gabadyndaky, Heläkçilik* dagynyň günortasyndaky* seždegähleri ulanylmaz ýaly etdi*. Ysraýyl patyşasy Süleýman olary sidonlylaryň nejis aýal taňrysy Aştoret, mowaplaryň nejis taňrysy Kemoş, ammonlaryň ýigrenji taňrysy+ Milkom+ üçin gurupdy. 14 Ýoşyýa patyşa keramatly sütünleri çym-pytrak edip, keramatly pürsleri* çapdy+. Olaryň duran ýerini bolsa adam süňklerinden doldurdy. 15 Ol Beýteldäki gurbanlyk ojagyny, Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň guran seždegähini ýumurdy+. Soňra ol seždegähi otlap, kül etdi, keramatly pürsi* hem ýakdy+.
16 Ýoşyýa daş-töweregine göz aýlap, dagda duran mazarlygy gördi. Ol merhumlaryň süňklerini çykardyp, gurbanlyk ojagynda ýakdy-da, ulanylmaz ýaly etdi*. Şeýdip, Ýehowanyň pygamberi arkaly aýdan sözi berjaý boldy+. 17 Soňra patyşa: «Şol duran daş kimiň mazary?» diýip sorady. Şäheriň ýaşaýjylary: «Ýahudaly pygamberiň*+ mazary. Ol seniň Beýteldäki gurbanlyk ojagyny ýok etjegiňi öňünden aýdypdy» diýdiler. 18 Patyşa: «Pygamberiň mazaryna degmäň, süňklerini gozgamaň» diýdi. Şeýlelikde, ýahudaly pygamberiňem, Samariýadan gelen pygamberiňem süňklerine degmediler+.
19 Ýoşyýa patyşa Samariýanyň şäherleriniň depelerinde gurlan seždegähleri-de aýyrdy+. Ysraýyl patyşalary şol seždegähleri gurup, Hudaýyň göwnüne degipdiler. Ýoşyýa bolsa Beýtelde edişi ýaly, olaryň ählisini ýumurdy+. 20 Seždegählerde hyzmat edýän ruhanylary bolsa gurbanlyk ojaklarynda gurban berip, üstünde adam süňklerini ýakdy+. Soňra patyşa Iýerusalime dolandy.
21 Patyşa tutuş halka: «Äht kitabynda ýazylyşy ýaly+, Ýehowa Hudaýyňyz üçin Pasha baýramyny belläň»+ diýip tabşyrdy. 22 Ysraýylda serdarlaryň kazylyk eden döwründe-de, Ysraýyl bilen Ýahuda patyşalarynyň höküm süren döwründe-de Pasha baýramy hiç wagt şeýle uludan bellenilmändi+. 23 Ýoşyýanyň hökümdarlygynyň 18-nji ýylynda, Iýerusalimde Ýehowanyň şanyna Pasha baýramy bellendi.
24 Ýoşyýa Hilkiýa ruhanynyň Ýehowanyň öýünden tapan Kanun kitabyna+ eýerip+, jadygöýleri, bilgiçleri*+, maşgala butlaryny*+, nejis* heýkelleri, Ýahuda bilen Iýerusalimdäki ýigrenji zatlary ýok etdi. 25 Ýoşyýa ýaly bütin ýüregi, bütin jany*+, bütin güýji bilen Ýehowa dolanyp, Musanyň kanunyny ýerine ýetiren patyşa öňde-soňda bolmandy.
26 Emma Ýehowanyň Ýahuda gelen gahary köşeşmedi, sebäbi Manaşa köp ýigrenji işleri edip, Hudaýyň göwnüne degipdi+. 27 Ýehowa: «Ysraýyly gözümiň alnyndan aýryşym ýaly+, Ýahudany hem aýraryn+. Saýlan şäherim Iýerusalimden, „Adymy göterer“ diýen öýümden ýüz öwrerin»+ diýdi.
28 Ýoşyýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar we ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 29 Ýoşyýanyň döwründe Müsür faraony Neho Assiriýa patyşasyna kömek etmek üçin, Ýewfrat derýasyna tarap gitdi. Ýoşyýa patyşa hem Neho bilen söweşmek üçin çykdy. Olar Megiddoda+ sataşdylar, şonda Neho Ýoşyýany öldürdi. 30 Hyzmatkärler Ýoşyýanyň jesedini araba ýükläp, Megiddodan Iýerusalime getirdiler-de, öz mazarynda jaýladylar. Soňra halk Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazyň başyna ýag guýup, kakasynyň ýerine patyşa belledi+.
31 Ýehogahaz+ 23 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde üç aý höküm sürdi. Ejesi Hamutal+ libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 32 Ýehogahaz ata-babalary ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edip başlady+. 33 Neho+ faraon Ýehogahazy Iýerusalimde tagtdan düşürip, Hamatyň Ribla+ şäherindäki zyndana taşlady, ilatyna bolsa 100 batman* kümüş we bir batman altyn salgyt saldy+. 34 Soňra Neho Ýoşyýanyň ogly Alyýakymy kakasynyň ýerine patyşa belläp, adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Ýehogahazy bolsa Müsüre äkitdi+, ol şol ýerde aradan çykdy+. 35 Ýehoýakym patyşa faraona altyn-kümüş berdi. Ol faraonyň talap eden puluny tölemek üçin halka salgyt salmaly boldy. Faraona salgyt tölemek üçin, her adamdan belli bir mukdarda altyn-kümüş ýygnady.
36 Ýehoýakym+ 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 11 ýyl höküm sürdi+. Ejesi Zebida rumaly Pedaýanyň gyzydy. 37 Ýehoýakym ata-babalary ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+.
24 Ýehoýakymyň döwründe Wawilon patyşasy Nawuhodonosor+ Ýahuda çozdy. Ýehoýakym üç ýyllap Nawuhodonosoryň golastynda boldy. Soňra Ýehoýakym gozgalaň turuzdy. 2 Emma Ýehowa Ýehoýakymyň üstüne siriýa, mowap, ammon we haldeý+ halkyndan talaňçylary iberip başlady. Ýehowa muny pygamberleri arkaly aýdyşy ýaly, Ýahudany ýok etmek üçin edýärdi+. 3 Ýehowa Ýahudanyň başyna betbagtçylyk inderdi. Manaşanyň eden günäleri üçin+, Hudaý olary ýok etjek bolýardy+. 4 Manaşa nähak ýere gan döküp+, Iýerusalimi bigünä adamlaryň ganyndan doldurdy. Şol sebäpli Ýehowa olary bagyşlamak islemedi+.
5 Ýehoýakymyň durmuşynda bolan başga-da wakalar we ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr+. 6 Soňra Ýehoýakym aradan çykyp+, ýerine ogly Ýehoýakyn patyşa boldy.
7 Wawilon patyşasy Nawuhodonosor faraonyň+ tutuş ýurduny, Müsür jülgesinden+ tä Ýewfrat derýasyna+ çenli basyp aldy. Şol sebäpli faraon hiç ýere çozup bilmedi.
8 Ýehoýakyn+ 18 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde üç aý höküm sürdi+. Ejesi Nehuşta iýerusalimli Elnatanyň gyzydy. 9 Ýehoýakyn ata-babalary ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. 10 Şol wagtlar Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň nökerleri Iýerusalimi gabadylar+. 11 Nökerler şäheri gabap otyrka, Wawilon patyşasy Nawuhodonosor hem Iýerusalime geldi.
12 Şonda Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, han-begleri, köşk emeldarlary+ bilen Wawilon patyşasyna boýun egdi+. Wawilon patyşasy hökümdarlygynyň sekizinji ýylynda, Ýehoýakyny ýesir aldy+. 13 Wawilon patyşasy Ýehowanyň öýüniň we köşgüň ähli hazynalaryny talady+, Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Ýehowanyň ybadathanasy üçin altyndan ýasadan gap-gaçlaryny+ döwdi. Ähli zat Ýehowanyň aýdyşy ýaly boldy. 14 Ol tutuş Iýerusalim ilatyny, han-begleri+, edermen esgerleri, senetçileri, demirçi ussalary*+, jemi 10 000 adamy ýesirlige äkitdi. Ýurtda diňe garyp-gasarlar galdy+. 15 Şeýdip, Nawuhodonosor Ýehoýakyny Wawilona+ ýesirlige äkitdi+, ejesi bilen aýallaryny, köşk emeldarlaryny, ýurduň at-abraýly adamlaryny hem Iýerusalimden Wawilona sürgün etdi. 16 Wawilon patyşasy gaýduwsyz we söweşe ukyply adamlary: 7 000 edermen esgeri, 1 000 senetçi we demirçi ussalary* Wawilona ýesirlige äkitdi. 17 Ýehoýakynyň ýerine agasy*+ Mattanýany patyşa belläp, adyny Sadykýar+ diýip üýtgetdi.
18 Sadykýar 21 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 11 ýyl höküm sürdi. Ejesi Hamutal+ libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 19 Sadykýar Ýehoýakym ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 20 Ýehowanyň muňa gahary gelip+, Iýerusalime we Ýahuda betbagtçylyk inderdi. Ahyrsoňy Hudaý olary huzuryndan kowdy. Soňra Sadykýar Wawilon patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy+.
25 Sadykýaryň hökümdarlygynyň dokuzynjy ýylynda, onunjy aýyň onuna Wawilon patyşasy Nawuhodonosor+ goşuny bilen Iýerusalime gelip+, şäheriň daşyna gabaw diwaryny gurdy+. 2 Sadykýaryň hökümdarlygynyň 11-nji ýylyna çenli şäher gabawda saklandy. 3 Dördünji aýyň dokuzydy, şäherde güýçli açlyk höküm sürýärdi+, halkyň iýere zady ýokdy+. 4 Şäheriň diwaryny ýumrupdylar+. Şol gije haldeýler şäheri gabap otyrkalar, esgerler şa bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň aralygy bilen derwezeden çykyp gaçdylar. Sadykýar bolsa Araba tarap gaçyp gitdi+. 5 Emma haldeýler ony kowalap, Ýerihon düzlüginde ele saldylar. Şonda nökerleri patyşany taşlap, çar tarapa gaçyp gitdiler. 6 Haldeýler Sadykýary tutup+, Ribla şäherine, Wawilon patyşasynyň ýanyna äkitdiler. Sadykýara höküm çykaryp, 7 gözüniň alnynda ogullaryny öldürdiler. Soňra Nawuhodonosor Sadykýaryň gözlerini oýup, el-aýagyny mis gandal bilen baglap, Wawilona alyp gitdi+.
8 Bäşinji aýyň ýedisine, Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň hökümdarlygynyň 19-njy ýylynda, Wawilon patyşasynyň geňeşçisi*, garawullaryň baştutany Nawuzardan+ Iýerusalime geldi+. 9 Ol Ýehowanyň öýüni+, köşgi+, Iýerusalimdäki jaýlaryň baryny+, at-abraýly adamlaryň öýlerini+ otlady. 10 Garawullaryň baştutany we haldeý goşuny Iýerusalimiň diwarlaryny ýumurdylar+. 11 Garawullaryň baştutany Nawuzardan şäherde aman galan halky, Wawilon patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary, garaz, ilatdan kim galan bolsa, ählisini ýesirlige äkitdi+. 12 Garawullaryň baştutany üzümlikde işletmek we ekin ekdirmek üçin käbir garyp adamlary ýurtda goýup gitdi+. 13 Haldeýler Ýehowanyň öýündäki mis sütünleri+, Ýehowanyň öýündäki arabalary+ we mis howzy*+ çym-pytrak edip, misleri Wawilona äkitdiler+. 14 Şeýle-de olar gaplary, pilçeleri, ot söndürgiçleri, käseleri we ybadathanada ulanylýan mis gap-gaçlaryň hemmesini alyp gitdiler. 15 Garawullaryň baştutany arassa altyn-kümüşden+ ýasalan külatarlary, tabaklary-da äkitdi. 16 Süleýman patyşa Ýehowanyň öýi üçin iki sütüni, howzy we arabalary ýasatdy. Olary ýasamak üçin ummasyz köp mis ulanylypdy+. 17 Her sütüniň beýikligi 18 tirsekdi*+, depesinde misden ýasalan täç bardy. Täjiň beýikligi üç tirsekdi. Onuň daşyndaky tor we nar şekilleri misdendi+. Iki sütüniň-de ýasalyşy meňzeşdi.
18 Garawullaryň baştutany Nawuzardan uly ruhany Seraýany+, orunbasary Sepanýa ruhanyny+ we üç sany derwezebany hem ýesir aldy+. 19 Şeýle-de ol esgerleriň üstünden goýlan emeldary, patyşanyň şäherde galan bäş maslahatçysyny, goşun gullugyna alýan goşunbaşynyň kätibini we garamaýak halkdan galan 60 adamy äkitdi. 20 Garawullaryň baştutany Nawuzardan+ olary Ribla şäherindäki Wawilon patyşasynyň öňüne eltdi+. 21 Wawilon patyşasy olary Hamat ýurdunyň+ Ribla şäherinde öldürdi. Şeýlelikde, ýahuda halky watanyndan sürgün edilip äkidildi+.
22 Wawilon patyşasy Nawuhodonosor Ýahudada+ galan adamlaryň üstünden Şapanyň+ agtygy, Ahykamyň+ ogly Gedalýany+ häkim edip goýdy. 23 Serkerdeler we esgerler Wawilon patyşasynyň Gedalýany häkim edendigini eşidip, Mispa şäherine, Gedalýanyň ýanyna bardylar. Olar: Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýiň ogly Ýohanan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we magakatly Ýazanýa bilen esgerleridi+. 24 Gedalýa serkerdeleriň we esgerleriň öňünde ant içip: «Haldeýlere gul bolmakdan gorkmaň. Ýurtda ýaşap, Wawilon patyşasyna hyzmat ediň, şonda özüňiz üçin gowy bolar»+ diýdi.
25 Ýedinji aýda şa neslinden Alyşamyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl+ on adam bilen Mispa gelip, Gedalýany, ýanyndaky ýehudylary we haldeýleri öldürdi+. 26 Şonda uludan-kiçä ähli adam, şol sanda serkerdeler hem haldeýlerden gorkup+, Müsüre+ gaçdylar.
27 Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň sürgün edileniniň+ 37-nji ýyly Wawilonda Ewilmerodak patyşa boldy. Ol şol ýylyň 12-nji aýynyň 27-sine Ýahuda patyşasy Ýehoýakyny zyndandan boşatdy+. 28 Ol Ýehoýakyna ýagşylyk edip, ony* Wawilondaky beýleki patyşalardan has beýgeltdi. 29 Zyndandan çykan Ýehoýakyna täze lybas geýdirdiler. Ol ömrüniň ahyryna çenli patyşanyň saçagyndan iýip içdi. 30 Ewilmerodak onuň iýjek-içjegini ýetirip durdy.
Sözme-söz: gözenekli penjiresinden.
Manysy: Meniň Hudaýym Ýehowadyr.
Ýa-da: deriden edilen.
Ýa-da: asmana.
Sözme-söz: pygamber ogullary.
Sözme-söz: pygamber ogullary.
Sözme-söz: pygamber ogullary.
Hudaýyň mukaddes ruhuny ýa-da Ylýasyň yhlasyny aňladýan bolmagy mümkin.
Sözme-söz: pygamber ogullary.
Ýa-da: Ýehowanyň turzan ýeli.
Başga manysy: aýallaryň çagasy düşýär.
Başga manysy: aýallaryň hem çagasy düşmez.
Ene aýy göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: gyrkylmadyk goç.
Sözme-söz: Ylýasyň eline suw akydardy.
Ýa-da: arfaçy.
Sözme-söz: Ýehowa onuň üstüne elini goýdy.
Ýa-da: ýarag göterip bilýän.
Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.
Sözme-söz: Pygamber ogullarynyň.
Ýa-da: stol.
Sözme-söz: ogly.
Ýa-da: ýapyşdy.
Ýa-da: Donuň etegini biliňe daň-da.
Sözme-söz: pygamber ogullary.
Ýabany garpyz göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: gazanda ölüm bar.
Ýa-da: deri keseline.
Nagyman göz öňünde tutulýan bolmaly.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: Atam.
Sözme-söz: berekedini.
Ýa-da: ýakma gurbanlygyny.
Sözme-söz: pygamber ogullary.
Samariýada ýerleşýär. Baýyr ýa-da gala bolmagy mümkin.
Sözme-söz: Pygamber ogullary.
Ýa-da: okaranyň dörtden bir bölegi. Bir okara 1,22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: gaýnadyp.
Ýa-da: bazarynda.
Bir kersen 7,33 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: ogluň.
Sözme-söz: çyragyny söndürmejekdigini.
Sözme-söz: çadyrlaryna.
Sözme-söz: gyzydy.
Sözme-söz: pygamber ogluny.
Ýa-da: kemakyl.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: ogly.
Ahlaksyzlyk we butparazlyk göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: bag öýüniň.
Ýa-da: gözüni boýap.
Sözme-söz: Ahabyň goragçylaryna.
Ýa-da: dogruçyl; mynasyp.
Sözme-söz: ýere gaçmaz.
Izabel göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: Ýehowa biwepalyk edilmegine göz ýummaýandygymy.
Sözme-söz: ylgaýanlara. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: şäherine. Diň şekilli bina göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: ýatylýan otagda.
Başga manysy: Ýehoşeba.
Sözme-söz: ylgaýanlaryň. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.
Başga manysy: Köşgi.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: oňa Hudaýyň kanunynyň nusgasyny berdi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: torbalara salyp. Sözme-söz: daňyp.
Sözme-söz: baýyr. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: pyýada esgeri.
Ýa-da: toprak; gum.
Ýagny Ýerobgam II.
Ýaz pasly göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: huzuryndan kowmady.
Sözlüge serediň.
Takmynan 178 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýagny Ýerobgam II.
Manysy: Ýehowa kömek etdi. 2Pa 15:13; 2Tr 26:1—23; Işa 6:1; Zek 14:5-de Uzyýa.
Ýa-da: Hamatyň girelgesinden.
Ýagny Duz deňzi ýa-da Öli deňzi.
Ýagny Ýerobgam II.
Manysy: Ýehowa kömek etdi. 2Pa 15:13; 2Tr 26:1—23; Işa 6:1; Zek 14:5-de Uzyýa.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: berkitjek.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýahudalary.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: deňzi.
Ýa-da: üsti ýapyk ýeri.
Manysy: Ýehowa güýç-kuwwat berýär.
Az adamly we köp ilatly ýerler göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýatlatmalaryny.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: gögüň goşunlaryna.
Sözme-söz: özlerini satyp.
Sözme-söz: huzuryndan kowdy.
Ýa-da: dini däp-dessurlaryny.
Sözme-söz: gorkmaň.
Sözme-söz: gorkmaň.
«Abyýar» adynyň gysga görnüşi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: mis ýylan buty.
Az adamly we köp ilatly ýerler göz öňünde tutulýar.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: tartany. Baş serkerdä şeýle diýilýärdi.
Ýa-da: rabsarisi. Baş wezire şeýle diýilýärdi.
Ýa-da: rabşagy. Baş şerapça şeýle diýilýärdi.
Ýa-da: ýabyna.
Ýa-da: köşk dolandyryjy.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: siriýa.
Ýa-da: köşk dolandyryjy.
Ýa-da: köşk dolandyryjy.
Sözme-söz: käýinç eşitdik.
Ýa-da: rabşagy. Baş şerapça şeýle diýilýärdi.
Ýa-da: hyzmatkärleri.
Başga manysy: arasynda.
Ýa-da: Nil derýasynyň şahalaryny.
Sözme-söz: oturýan, girip-çykýan wagtyňy.
Ýa-da: yhlas.
Sözme-söz: Üçünji gün.
Sözme-söz: üçünji gün.
Basgançaklar kölegäniň ugruna görä wagty kesgitlemek üçin ulanylýardy. Gün sagady ýaly bolmaly.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Gögüň goşunlaryna.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözme-söz: gulagy şaňlar.
Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, kiriş.
Ýa-da: ähte.
Ýa-da: täzeden äht baglaşdy.
Ýa-da: ýatlatmalaryny.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: gögüň goşunlaryna.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: gögüň goşunlaryna.
Sözlüge serediň.
Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: haram etdi; zaýalady.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörekden.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Jähennem.
Ýa-da: haram etdi; zaýalady.
Ýa-da: naharhanasyndan.
Zeýtun dagy göz öňünde tutulýar. Günorta tarapyna Ynjytma dagy hem diýilýär.
Sözme-söz: sag tarapyndaky.
Ýa-da: haram etdi; zaýalady.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: haram etdi; zaýalady.
Ýa-da: hak Hudaýyň gulunyň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözlüge serediň.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Başga manysy: gorag diwaryny gurýanlary.
Başga manysy: gorag diwaryny gurýanlary.
Ýehoýakynyň kakasynyň inisi göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: hyzmatkäri.
Sözme-söz: deňzi.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: tagtyny.