Ýygnakda Ýehowa öwgi aýdalyň
«Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, ýygnagyň ortarasynda Saňa öwgi... aýdaryn» (Ýewreýler 2:12).
1, 2. Ýygnagyň nähili peýdasy bar we onuň esasy maksady näme?
ADAMLAR asyrlar boýy pikir alyşmagy we howpsuzlygy maşgalada gözleýär. Emma Mukaddes Ýazgylarda şu günler howpsuzlygy we pikir alyşmagy bütin ýer ýüzündäki ençeme adamlardan ybarat bolan maşgaladan tapyp bolýandygy aýdylýar. Ol mesihçileriň ýygnagy. Siz şol maşgalanyň agzasy bolsaňyz-da, bolmasaňyz-da, Hudaýyň ýygnak arkaly edýän işlerine minnetdar bolup bilersiňiz we minnetdar bolmalam. Eger siz Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnagyna gatnaşýan bolsaňyz, doganlyk gatnaşygyndan lezzet alyp, özüňizi howpsuz duýýansyňyz.
2 Ýygnak bu ýöne dostlaryň üýşýän ýeri däl. Şeýle-de ol asly meňzeş bolup, birmeňzeş sporta höwesli ýa-da islegli adamlaryň jemgyýet topary we kluby däl. Ýygnak, esasanam, Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrmak üçin gurnalan. Zebur kitabynda ençeme ýyl öň gurnalan ýygnaga üns berilýär. Zebur 35:18-de şeýle sözleri okaýarys: «Men uly ýygnakda Saňa şükür ederin, köp halkyň arasynda Saňa sena ederin». Şeýle-de bizi Zebur 107:31, 32-nji aýatlar: «Olar merhemeti üçin, adam ogullaryna eden ajaýyp işleri üçin Rebbe şükür etsinler! Halkyň jemagatynda Ony beýgeltsinler» diýip höweslendirýär.
3. Pawlus resulyň aýtmagyna görä, ýygnagyň nähili ähmiýeti bar?
3 Pawlus resul ýygnagyň başga esasy ähmiýetini görkezip, şeýle diýýär: «Hudaýyň maşgalasy, ýagny hakykatyň diregi hem daýanjy bolan diri Hudaýyň ýygnagy» (1 Timoteos 3:15). Pawlus resul nähili ýygnak barada aýdýar? «Ýygnak» sözi Mukaddes Ýazgylarda nähili manyda ulanylýar? Ol biziň durmuşymyza we gelejegimize nähili täsir etmeli? Muňa düşünmek üçin, geliň, ilki bilen, Hudaýyň Sözünde «ýygnak» sözüniň ulanylyşyna seredeliň.
4. Töwrat, Zebur we Pygamberler Ýazgylarynda «ýygnak» diýen söz köplenç nähili ulanylýar?
4 Ýewreýçe «ýygnak» sözi Injilde köplenç «jemagat», «ýygnak», «goşun», «birentek» we «köp» diýip terjime edilýär. Ol sözüň düýp manysy ýewreý dilinde «çagyrmak» ýa-da «ýygnamak» diýmegi aňladýar (Kanunyň gaýtalanyşy 4:10; 9:10). Mezmurçy şol ýewreý sözüni gökdäki perişdeler we erbet adamlar barada aýdanda ulanýar (Zebur 26:5; 89:5—7). Emma Töwratda, Zeburda we Pygamberler Ýazgylarynda köplenç Ysraýyl halky bilen baglanyşykly ulanylýar. Hudaý Ýakuba «milletleriň goşuny bolarsyň» diýdi. Onuň aýdyşy ýaly-da boldy (Barlyk 28:3; 35:11; 48:4). Ysraýyl halky «Ýehowanyň ýygnagy», «Hak Hudaýyň ýygnagy» bolmak üçin ýygnaldy we saýlandy (Sanlar 20:4; Nehemýa 13:1; Ýeşuw 8:35; 1 Patyşalar 17:47; Mika 2:5).
5. Haýsy grek sözi «ýygnak» diýip terjime edilýär we onuň nähili manysy bar?
5 Şoňa manydaş ekklesia diýen grek sözi hem dünýewi üýşmeleňler bilen baglanyşykly ulanylýar. Meselem, Efesos şäherinde Dimitrius diýen adam Pawlus resula garşy «märekäni» üýşürýär (Resullaryň işleri 19:32, 39, 41). Emma Mukaddes Ýazgylarda bu söz köplenç mesihçiler ýygnagyna degişli ulanylýar. Käbir terjimelerde bu söz «buthana» diýip terjime edilen. Emma bir sözlügiň düşündirişine görä, «bu söz hiç haçan hristianlaryň sežde etmek üçin ýygnanyşýan jaýyny suratlandyrmak üçin ulanylmaýar». Injilden «ýygnak» sözüniň azyndan dört manysyna seredeliň.
Hudaýyň mesh edilen ýygnagy
6. Dawut bilen Isa ýygnakda näme etdiler?
6 Dawut pygamberiň Zebur 22:22-de Isa barada aýdan sözlerini Pawlus Resul şeýle ýazýar: «Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, ýygnagyň ortarasynda Saňa öwgüli nagmalar aýdaryn». Şonuň üçin Ol [Isa]... Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy» (Ýewreýler 2:12, 17). Gadymy Ysraýylda Dawut pygamber ýygnagyň ortarasynda Hudaýy şöhratlandyrdy (Zebur 40:9). Pawlus resul Isanyň «ýygnagyň ortarasynda» Hudaýy öwgi aýdandygy barada agzanda, haýsy ýygnagy göz önüňde tutdy?
7. Injilde «ýygnak» sözi, esasanam, kimlere degişli?
7 Ýewreýler 2:12, 17-nji aýatlardaky sözler örän wajyp. Bu aýatlardan Isanyň ýygnagyň agzasydygy we doganlaryna Ýehowanyň adyna öwgi aýdýandygy görünýär. Ol doganlar kimlerdi? Olar «Ybraýymyň neslinden bolan» Isanyň mesh edilen doganlary bolup, «asmandan gelen çakylyga şärik boldular» (Ýewreýler 2:16—3:1; Matta 25:40). Injildäki «ýygnak» diýen söz, esasanam, Isanyň mesh edilen mesihçiler toparyna degişli. Olar «atlary göklerde ýazylan nowbaharlaryň ýygnagy», ýagny 144 müňden ybarat bolan mesh edilen mesihçilerdir (Ýewreýler 12: 23).
8. Isa mesihçiler ýygnagynyň dörejekdigi barada näme aýtdy?
8 Isa şeýle mesihçiler «ýygnagynyň» dörejekdigi barada aýtdy. Ol ölmezinden bir ýyl öň, Petrus resula: «Sen Petrus, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, dowzahyň derwezeleri oňa garşy durup bilmez» diýdi (Matta 16:18). Şol gaýanyň Isadygyna Petrusam, Pawlus resulam dogry düşündiler. Petrus resul gaýa bolan Isa Mesihde, ruhy öýüň «diri daşlaryndan» bina edilýänlere, olary çagyran «Hudaýyň şöhratly işlerini yglan edýän... Hudaýa degişli halksyňyz» diýip ýazdy (1 Petrus 2:4—9; Zebur 118:22; Işaýa 8:14; 1 Korintoslylar 10:1—4).
9. Hudaýyň ýygnagy haçan döräp başlady?
9 Mesihçiler ýygnagy hökmünde «Hudaýa degişli halk» haçan döräp başlady? Ol b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Iýerusalimde ýygnanyşan şägirtlere Hudaýyň mukaddes ruhy inende döredi. Soňra Petrus ýehudylaryň we ýehudy dinine geçen adamlaryň öňünde täsirli söz sözledi. Adamlaryň köpüsi Isanyň näme üçin ölendigine düşünip, ýürekden gynanyp toba etdiler we suwda çokundyryldylar. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, üç müň adam toba edip suwda çokundyryldy. Şondan soň olar Hudaýyň täze we ösýän ýygnagynyň agzasy boldular (Resullaryň işleri 2:1—4, 14, 37—47). Ýygnaklaryň ösmeginiň sebäbi, ýehudy we ýehudy dinine geçenleriň köpüsi Ysraýyl halkynyň Hudaýyň ýygnagy däldigine düşündiler. Şeýlelikde, mesh edilen mesihçiler, ýagny «Hudaýyň [ruhy] Ysraýyly» Hudaýyň hakyky ýygnagy boldy (Galatýalylar 6:16, Resullaryň işleri 20:28).
10. Isa Hudaýyň ýygnagy bilen nähili gatnaşykdady?
10 Mukaddes Ýazgylarda «Mesih barada, imanlylar ýygnagy barada» diýen jümle köplenç Isa bilen mesh edilenleriň tapawudyny görkezýär. Isa mesh edilen mesihçiler ýygnagynyň Başy hasaplanýar. «Hudaý Ony [Isany] bütin zatlara baş bolar ýaly, imanlylar ýygnagyna berdi. Ýygnak Onuň tenidir» diýip, Pawlus resul ýazdy (Efesliler 1:22, 23; 5:23, 32; Koloseliler 1:18, 24). Şu günler ýer ýüzünde ýaşaýan mesh edilen mesihçiler ýygnagynyň agzalarynyň sany azalsa-da, ýygnagyň Başy bolan Isa Mesihiň olary söýýändigine ynanyp bileris. Isanyň olara bolan duýgusy Efesliler 5:25, 27-nji aýatlarda şeýle beýan edilýär: «Mesih imanlylar ýygnagyny söýüp... Özüni pida etdi». Isanyň olary söýýändiginiň sebäbi, olar Hudaýa yhlasly «elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürleýärler», çünki Isa-da ýer ýüzünde şeýle edipdi (Ýewreýler 13:15).
«Ýygnak» sözüniň başga manylary
11. Injilde ulanylýan «ýygnak» sözüniň ikinji manysy näme?
11 Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan «ýygnak» sözi «Hudaýyň ýygnagynyň» 144 000 mesh edilenleriniň ählisine degişli bolman, dar manysy-da bar. Mysal üçin, Pawlus resul mesihçiler toparyna: «Ýehudylara, greklere we Hudaýyň ýygnagyna büdremäge sebäp bolmaň» diýdi (1 Korintoslylar 10:32). Diýmek, gadymy Korintosda mesihçi erbet iş edende, biriniň büdremegine sebäp bolýardy. Erbet işler ähli adamlara, ýagny greklere, ýehudylara we Pawlusyň günlerinden tä şu günlere çenli mesh edilenlere büdreme bolup bilermi? Ýok, bolup bilmez. Bu aýatdaky «Hudaýyň ýygnagy» diýen jümle belli bir döwürde ýaşaýan mesihçilere degişli. Şeýlelikde, Hudaý ýygnaga görkezme berýär, goldaýar we patalaýar diýlende, häzirki mesihçiler nirede ýaşaýandygyna garamazdan, olaryň ählisine-de degişlidir. Şeýle-de şu günler Hudaýyň ýygnagynda bagt we parahatçylyk höküm sürýär diýenimizde, ähli mesihi doganlyk göz öňünde tutulýar.
12. Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan «ýygnak» sözüniň üçünji manysy näme?
12 Mukaddes Ýazgylardaky «ýygnak» sözüniň üçünji manysy, belli bir ýerde ýaşaýan ähli mesihçilere degişlidir. Injilde şeýle diýilýär: «[Ýygnak TD] bütin Ýahudada, Jelilede we Samariýada parahat ýaşaýardy» (Resullaryň işleri 9:31). Bu uly meýdanda birnäçe mesihçiler topary bardy. Ýöne «Ýahudada, Jelilede we Samariýadaky» mesihçi toparlarynyň ählisine «ýygnak» diýilýärdi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni hem şondan soň suwda çokundyrlanlaryň sanyny göz öňünde tutsak, Iýerusalim we onuň töwereginde mesihçileriň birnäçe topary yzygiderli ýygnanyşan bolmaly (Resullaryň işleri 2:41, 46, 47; 4:4; 6:1, 7). Hirodes Agrippa I b. e. 44-nji ýylyndan tä ömrüniň ahyryna çenli Ýahudada hökümdarlyk etdi. 1 Selanikliler 2:14-den görnüşi ýaly b. e. 50-nji ýylyna golaý Ýahudyda birnäçe ýygnaklar bardy. Hirodes patyşa «ýygnaga degişli bolanlaryň käbirini sütem etdi» diýlende, Iýerusalimde ýygnanyşýan birnäçe aýratyn toparlar göz öňünde tutulan bolmaly (Resullaryň işleri 12:1).
13. Mukaddes Ýazgylarda köp ulanylýan «ýygnak» sözüniň dördünji manysy näme?
13 «Ýygnak» sözüniň dördünji has dar manysy, öýde geçirilýän aýratyn duşuşyklara we ýerli mesihçiler ýygnagyna degişli. Pawlus resul «Galatýadaky ýygnaklar» barada aýtdy. Uly Rim welaýatynda şeýle ýygnaklaryň birnäçesi bardy. Pawlus resul Galatýa barada ýazanda «ýygnaklar» diýen sözi köplük sanda iki gezek ulanýar. Muňa Antakiýadaky, Derbedäki, Listradaky we Konýadaky ýygnaklar girýär. Bu ýygnaklara Mukaddes Ýazgylardaky talaplara laýyk gelýän ýaşulular we gözegçiler bellendi (1 Korintoslylar 16:1; Galatýalylar 1:2; Resullaryň işleri 14:19—23). Mukaddes Ýazgylara görä, şol ýygnaklaryň ählisi «Hudaýyň ýygnaklarydy» (1 Korintoslylar 11:16; 2 Selanikliler 1:4).
14. «Ýygnak» sözüniň käbir aýatlarda ulanylyşyndan nähili netijä gelýäris?
14 Mesihçileriň kiçi toparlary käte duşuşyklaryny hususy öýlerde geçirýärdiler. Ýöne şeýle käbir kiçi toparlara-da «ýygnak» diýilýärdi. Biz şeýle ýygnaklaryň Priskilla bilen Akilanyň, Nimfasyň we Filimunyň öýlerinde bolandygyny bilýäris (Rimliler 16:3—5; Koloseliler 4:15; Filimun 2). Bu wakalar häzir hususy öýlerde duşuşyklaryny yzygiderli geçirýän kiçi toparlary ruhlandyrýar. Ýehowa I asyrdaky kiçi toparlary goldaýardy. Elbetde, şu günlerem olary goldap, mukaddes ruhy bilen görkezme berýär.
Ýygnaklar Ýehowany şöhratlandyrýar
15. I asyrdaky käbir ýygnaklara mukaddes ruh arkaly näme berildi?
15 Isa ýygnagyň ortarasynda Hudaýa öwgi aýtmagy bilen, ýokarda agzalan Zebur 22:22 ýerine ýetdi (Ýewreýler 2:12). Onuň wepaly şägirtleri-de Hudaýy şöhratlandyrmaly. I asyrda mesihçiler mukaddes ruh bilen mesh edilende, Hudaýyň ogullary we Isanyň doganlary bolanda, olaryň käbirlerine goşmaça ruhy amallar berildi. Olar mukaddes ruhuň gudratly sylaglaryny aldylar. Şeýle sylaglar arkaly olara akyldarlyk sözi we bilim sözi, şypa bermäge güýç, pygamberlik etmek, hatda düşünmeýän dillerine düşünmek ukyby berildi (1 Korintoslylar 12:4—11).
16. Ruhuň gudratly sylaglarynyň bir maksady näme?
16 Başga dilde geplemek ukyby barada Pawlus resul: «Ruh bilen nagma aýtjak, ýöne akyl bilen hem nagma aýtjak» diýdi (1 Korintoslylar 14:15). Ol aýdýan sözlerine adamlaryň düşünip, öwrenmeginiň wajypdygyny bilýärdi. Pawlusyň maksady ýygnakda Ýehowany şöhratlandyrmakdy. Ol ruhy sylaglary alan mesihçilere «ýygnagy abatlamak üçin sylaglara baý bolmaga çalşyň» diýdi. Pawlus resul şeýle sylagly mesihçileriň ýerli ýygnagyny göz öňünde tutdy (1 Korintoslylar 14:4, 5, 12, 23). Pawlus resul her bir ýygnak bilen gyzyklanýardy, sebäbi olarda mesihçileriň Hudaýy şöhratlandyrmaga mümkinçiliginiň bardygyny bilýärdi.
17. Şu günler her bir ýygnak babatda nämä ynanyp bileris?
17 Ýehowa ýygnaklaryny ulanýar we goldaýar. Ol şu günler ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçileriň toparyna ak pata berýär. Bu Hudaýyň halkynyň bol ruhy iýmit bilen üpjün edilýändiginden görünýär (Luka 12:42). Ol bütindünýä doganlygy patalaýar. Şeýle-de ol her bir ýygnaga ak pata berýär. Şol ýygnaklarda edýän işlerimiz we ruhlandyryjy jogaplarymyz bilen Ýaradyjymyzy şöhratlandyrýarys. Biz ýygnakda bilim alyp, Ýehowany başga ýerlerde-de şöhratlandyrmagy öwrenýäris.
18, 19. Her bir ýygnakdaky wepaly mesihçiler näme etmek isleýär?
18 Pawlus resulyň Filipidäki, Makedoniýadaky mesihçilere: «Siz Hudaýyň şöhraty hem öwgüsi üçin Isa Mesihden gelen dogrulygyň miwesinden doluň... diýip doga edýärin» diýenini ýada salalyň. Bu olaryň Isa bolan imany we ajaýyp geljegi barada adamlara wagyz etmelidigini aňladýar (Filipililer 1:9—11; 3:8—11). Şonuň üçin Pawlus resul imandaşlaryna: «Şu sebäpli Isa arkaly Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläliň» diýýär (Ýewreýler 13:15).
19 Hudaý barada bilmeýänleriň we ony şöhratlandyrmaýanlaryň öňünde, şeýle-de «ýygnagyň ortarasynda» Isa ýaly Ýehowa öwgi aýdyp şatlanýarmysyňyz? (Ýewreýler 2:12; Rimliler 15:9—11). Biziň berýän jogaplarymyz käbir ýagdaýda Hudaýyň niýetinde gatnaşýan ýygnagymyzyň ähmiýetlidigi barada pikir edişimize bagly bolup biler. Biz indiki makalada Ýehowanyň ýygnaklarymyza nähili ýolbaşçylyk edýändigine hem-de ýygnaklary nädip ulanýandygyna we onuň durmuşymyzda nähili orun tutmalydygyna serederis.
Ýadyňyzdamy?
• Hudaýyň mesh edilen mesihçiler ýygnagy nähili döredi?
• Mukaddes Ýazgylarda «ýygnak» sözüniň nähili üç sany goşmaça manysy bar?
• Ýygnakda Dawut pygamber, Isa Mesih we I asyrdaky mesihçiler näme etmek islediler? Bu bize nähili täsir etmeli?