ŞAMUWEL PYGAMBERIŇ IKINJI KITABY
1 Şawul ölüpdi. Amalekleri derbi-dagyn eden Dawut iki gün bäri Ziklagdady+. 2 Üçünji gün diýlende, Şawulyň düşelgesinden bir ýigit geldi. Ol ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowrupdy. Ol Dawudyň ýanyna gelip, dyza çökdi-de, tagzym etdi.
3 Dawut ondan: «Nireden gelýäň?» diýip sorady. Ol: «Ysraýyl düşelgesinden gaçyp gaýtdym» diýip jogap berdi. 4 Şonda Dawut: «Hany aýt, näme boldy?» diýdi. Ol: «Ysraýyllar söweş meýdanyndan gaçdy, köpüsi gyryldy. Şawul bilen ogly Ýonatanam öldi»+ diýdi. 5 Dawut habar getiren ýigitden: «Şawul bilen ogly Ýonatanyň ölenini nireden bilýäň?» diýip sorady. 6 Ýigit: «Men Gilbowa dagyndadym+, bir görsem, Şawul naýzasyna söýenip dur, duşmanyň at-arabalary bolsa golaýlaşyp gelýär+. 7 Şawul töweregine seretdi-de, meni görüp, ýanyna çagyrdy. Men: „How, agam!“ diýdim. 8 Ol: „Sen kim?“ diýip sorady. „Men amaleklerden“+ diýip jogap berdim. 9 Ol: „Gel, meni öldürsene, ölüp bilmän, kösenip durun“ diýdi. 10 Menem ýanyna baryp, ony öldürdim+, sebäbi ol agyr ýaralanypdy, barybir ölerdi. Hojaýyn, ynha täji bilen bilezigini saňa getirdim» diýdi.
11 Şonda Dawudam, ýanyndakylaram ýakasyny ýyrtdy. 12 Olar Şawul bilen ogly Ýonatan üçin, Ýehowanyň halky, Ysraýyl öýi+ üçin dady-perýat edip, aglaşyp, agşama çenli agyz beklediler+, sebäbi ysraýyllaryň köpüsi gylyçdan geçirilipdi.
13 Dawut habar getiren ýigitden: «Sen nireli?» diýip sorady. Ol: «Men bir gelmişek amalegiň ogly» diýdi. 14 Dawut: «Ýehowanyň bellänine nädip el galdyryp bildiň?»+ diýdi. 15 Soňra ýigitleriň birini çagyryp: «Gel-de, muny öldür» diýdi. Ýigit hem ony öldürdi+. 16 Dawut: «Ölümiňe özüň günäkär, Ýehowanyň bellänini öldürdim diýip, diliňden bela galdyň»+ diýdi.
17 Dawut Şawul bilen ogly Ýonatanyň hatyrasyna ýas aýdymyny aýtdy+. 18 «Ýaý» diýen şol nagma Ýaşer kitabyna+ ýazyldy. Dawut aýdymy Ýahuda halkyna öwretmegi tabşyrdy. Onda şeýle sözler bardy:
19 «Eý Ysraýyl, şan-şöhratlylar belent depeleriňde heläk boldy+.
Seret, edermenler wepat boldy!
20 Get galasyna habar etmäň+,
Aşkelonyň köçelerinde jar çekmäň,
Ýogsam piliştli gyzlaryň ýüregi joşar,
Sünnetsiz halkyň gyzlary heşelle kakar.
21 Eý Gilbowa daglary+,
Goý, size çyg düşmesin, ýagmyr ýagmasyn,
Ekinlerde Hudaýa hödür ediljek hasyl bitmesin+,
Sebäbi gerçekleriň galkany aýak astynda galdy,
Şawulyň galkanyna ýag çalynmaz indi.
24 Eý Ysraýyl gyzlary, Şawul üçin aglaň,
Ol size al-elwan* geýdirip, şaý-sepe besledi,
Lybaslaryňyzy zer bilen bezedi.
25 Indi seret, edermenler söweşde wepat boldy!
Ýonatan belent depeleriňde heläk edildi!+
Dostluk söýgiň zenan söýgüsinden has gowudy+.
27 Seret, edermenleriň wepat boldy,
Söweş ýaraglaryň çym-pytrak boldy!»
2 Şondan soň Dawut Ýehowadan: «Ýahuda şäherleriniň birine gideýinmi?» diýip sorady+. Ýehowa: «Hawa, gidiber» diýdi. Dawut: «Haýsyna gideýin?» diýip sorady. Hudaý hem: «Hebrona»+ diýdi. 2 Şeýdip, Dawut iki aýalyny: ýizregelli Aganogam+ bilen karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyly+ alyp, ýola düşdi. 3 Dawut adamlaryny+ we olaryň tutuş hojalygyny alyp gaýtdy. Olar Hebronda we töweregindäki şäherlerde ýaşap başladylar. 4 Ýahudalar gelip, Dawudy ýahuda taýpasyna patyşa bellediler+.
Olar Dawuda: «Şawuly ýabeş-gileadlylar jaýlapdyr» diýip habar berdiler. 5 Şonda ol ýabeş-gileadlylara habar ýollap: «Goý, Ýehowa sizi ýalkasyn! Hojaýynyňyz Şawuly jaýlap, oňa wepaly bolupsyňyz*+. 6 Ýehowa-da size wepaly bolsun, söýgüsini* gaýgyrmasyn. Eden ýagşylygyňyz üçin, menem size elimden gelen kömegi ederin+. 7 Hojaýynyňyz Şawul-a ýogaldy, ýöne siz dogumly hem batyrgaý boluň. Ýahudalar meni özüne patyşa bellediler» diýdi.
8 Emma Şawulyň goşunbaşysy Nur ogly Abnur+ Şawulyň ogly Işboşeti+ derýanyň beýleki tarapyndaky Mahanaýyma+ alyp gitdi. 9 Ol Işboşeti Gileadyň+, aşuretleriň, Ýizregeliň+, Efraýymyň+, Benýaminiň, tutuş Ysraýylyň üstünden patyşa etdi. 10 Şawulyň ogly Işboşet Ysraýyla patyşa bolanda 40 ýaşyndady. Ol iki ýyl höküm sürdi. Ýahuda taýpasy bolsa Dawudyň tarapyndady+. 11 Dawut Hebronda Ýahuda öýüniň üstünden ýedi ýarym ýyl hökümdarlyk etdi+.
12 Birnäçe wagtdan Nur ogly Abnur we Şawulyň ogly Işboşetiň esgerleri Mahanaýymdan+ Gibgona+ gitdi. 13 Seruýanyň+ ogly Ýowap+ bolsa Dawudyň esgerleri bilen Hebrondan çykyp gaýtdy. Olar Gibgon howdanynyň ýanynda sataşdylar. Goşunlaryň hersi howdanyň bir tarapynda durdy. 14 Abnur Ýowaba: «Goý, ýigitler orta çykyp, güýç synanyşsyn» diýdi. Ýowap hem: «Bolýar» diýdi. 15 Şonda Şawulyň ogly Işboşetiň tarapdarlary benýaminlerden 12 ýigit, Dawudyň esgerlerindenem 12 ýigit orta çykdy. 16 Olaryň hersi garşydaşynyň kellesinden tutup, böwründen gylyjyny geçirdi. Şeýdip, olaryň bary öldi. Gibgondaky şol ýere Helkat-hasurym* diýildi.
17 Şol gün olaryň güýç synanyşmagy gazaply söweşe ýazdy. Abnur bilen ysraýyllar Dawudyň esgerlerinden ýeňildi. 18 Seruýanyň+ üç ogly Ýowap+, Abyşaý+, Asahel+ hem şol ýerdedi. Asahel sähra keýigi deý çalt ylgaýardy. 19 Ol Abnury kowalap başlady. Asahel hiç ýana sowulman, edil yzyndan barýardy. 20 Abnur yzyna seredip: «Asahel, senmi?» diýdi. Ol: «Hawa, men» diýdi. 21 Şonda Abnur: «Yzymdan gal. Ýigitlerden birini tut-da, şondan islän zadyňy al» diýdi. Ýöne Asahel galar ýaly däldi. 22 Abnur ýene-de: «Yzymdan gal diýýärin, ýogsam öldürerin. Onsoň doganyň Ýowabyň ýüzüne nädip seredeýin?» diýdi. 23 Emma Asahel badyny gowşatmady. Şonda Abnur naýzasynyň ters tarapyny Asaheliň içinden geçirdi+, naýza onuň arkasyndan çykdy. Asahel ýykylyp, şol ýerde jan berdi. Onuň ýatan ýerinden geçenleriň bary aýak çekip, aňk-taňk bolup seredýärdi.
24 Soňra Abnury Ýowap bilen Abyşaý kowalap başlady. Gün ýaşyp barýarka, olar Gibgon çölüne barýan ýoldaky Giýanyň garşysynda ýerleşýän Gamma baýyrlygyna ýetdiler. 25 Benýaminler bolsa Abnuryň daşyna üýşdüler. Olar jemlenişip, bir baýra çykdylar. 26 Abnur gygyryp, Ýowaba: «Gandöküşligiň, heý, soňy gelmezmi? Munuň gowulyk bilen gutarmajagyny bileňokmy?! Adamlaryňa aýt, doganlaryny kowalamagy bes etsin!» diýdi. 27 Ýowap bolsa: «Hak Hudaý diri şaýatdyr, özüň dillenmedik bolsaň, olar daňa çenli yzyňdan galmazdy» diýdi. 28 Soňra ol surnaý* çaldy, esgerler ysraýyllary kowalamagy bes etdi. Şeýlelikde, uruş togtady.
29 Abnur esgerleri bilen Arabanyň+ içinden uzak gije ýol ýöräp, Iordandan geçdi-de, jülgäniň* içi bilen Mahanaýyma+ gitdi. 30 Ýowap Abnuryň yzyndan galansoň, esgerlerini ýygnady. Asaheli hasaplamanyňda, Dawudyň esgerlerinden 19 adam kem çykdy. 31 Dawudyň esgerleri bolsa benýaminlerden we Abnuryň esgerlerinden 360 sanysyny öldüripdi. 32 Olar Asaheli+ Beýtullahama+ äkidip, kakasynyň mazarynda jaýladylar. Şondan soň Ýowap esgerleri bilen uzak gije ýol ýöräp, daňdan Hebrona+ ýetdi.
3 Şawulyň maşgalasy bilen Dawudyň maşgalasynyň arasyndaky uruş uzaga çekdi. Dawut barha güýçlenýärdi+, Şawulyň maşgalasy bolsa gitdigiçe gowşaýardy+.
2 Hebronda Dawudyň birnäçe ogly boldy+. Nowbahar ogly Emin+ ýizregelli Aganogamdan+ boldy. 3 Ikinji ogly Kileýap karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyldan+ boldy, üçünji ogly Abselim+ Geşur hany Talmaýyň+ gyzy Magakadan boldy. 4 Dördünji ogly Adonyýar+ Haggytdan, bäşinji ogly Şepatýa Abytaldan boldy. 5 Altynjy ogly Itregam bolsa Egla diýen aýalyndan boldy. Olar Dawudyň Hebronda doglan ogullarydy.
6 Şawul bilen Dawudyň kowum-garyndaşlarynyň arasynda uruş dowam edýärdi. Abnur+ bolsa Şawulyň maşgalasynda ygtyýaryny has-da güýçlendirýärdi. 7 Şawulyň Rispa+ atly gyrnagy* bardy; ol Aýahyň gyzydy. Bir gün Işboşet+ Abnura: «Näme üçin kakamyň gyrnagy bilen ýatdyň?»+ diýdi. 8 Abnur gaharlanyp: «Men näme, Ýahudada entäp ýören itmi? Şu çaka çenli kakaň Şawulyň öý-içerisine, garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna dönüklik eden däldirin*, seni hem Dawudyň eline bermedim. Sen bolsa bir gyrnak üçin maňa gara ýöňkeýäň. 9 Eger men Ýehowanyň Dawuda ant içişi+ ýaly etmesem, goý, Hudaý maňa beterini görkezsin. 10 Ol patyşalygy Şawulyň maşgalasyndan alyp, Dawuda berjekdigine, tagtyny Dandan Beýer-şeba+ çenli tutuş Ysraýylyň we Ýahudanyň üstünden goýjakdygyna ant içipdi» diýdi. 11 Işboşet Abnurdan gorkýardy+, şonuň üçin gaýtargy berip bilmedi.
12 Abnur dessine Dawudyň ýanyna habarçy ýollap: «Ýurt kimiň elinde? Eger meniň bilen äht baglaşsaň, tutuş Ysraýyly seniň tarapyňa geçirmek üçin elimde baryny ederin»+ diýdi. 13 Dawudam: «Seniň bilen äht baglaşaryn, ýöne bir şertim bar: geleniňde, Şawulyň gyzy Mihaly+ getir, ýogsam meni görmersiň» diýdi. 14 Soňra Dawut Şawulyň ogly Işboşetiň+ ýanyna habarçy ýollap: «Aýalym Mihaly yzyna ber. Oňa öýlenmek üçin 100 piliştlini sünnetläp, pürçügini getiripdim»+ diýdi. 15 Işboşet Mihaly getirtmek üçin, onuň äri Laýyş ogly Paltaýeliň+ ýanyna adam iberdi. 16 Mihalyň äri aglap-aglap, tä Bahurime+ çenli yzyndan galmady. Ahyry Abnur oňa: «Bar, öýüňe gaýt!» diýdi. Ol hem yzyna dolandy.
17 Şol aralykda Abnur Ysraýyl ýaşulularyna şeýle habar ýollady: «Siz köpden bäri Dawudyň patyşa bolmagyny isläp ýördüňiz. 18 Hany, indi munuň ugruna çykyň. Ýehowa Dawut hakda: „Gulum Dawut arkaly+ ysraýyl halkymy piliştlilerden, ähli duşmanlardan halas ederin“ diýipdi». 19 Soňra Abnur benýamin taýpasynyň+ adamlary bilen gepleşdi. Ol Hebrona baryp, Dawut bilenem ikiçäk gepleşip, ysraýyllar bilen benýaminleriň eden maslahatyny gürrüň berdi.
20 Dawut bilen görüşmek üçin Hebrona gelende, Abnuryň ýanynda 20 adam bardy. Dawut olar üçin meýlis gurnady. 21 Abnur: «Patyşahym, rugsat berseň, gidip, ysraýyllaryň baryny huzuryňa getireýin. Olar seniň bilen äht baglaşar. Onsoň isleýşiň ýaly, bütin halka patyşa bolarsyň» diýdi. Soňra Dawut Abnury ugratdy, ol sag-salamat ýola düşdi.
22 Şol wagt Ýowap Dawudyň nökerleri bilen birgiden olja alyp, alamançylykdan geldi. Abnur bolsa eýýäm Dawut bilen hoşlaşyp, Hebrondan gidipdi. Dawut Abnury sag-salamat ýola salypdy. 23 Ýowap+ esgerleri bilen gelende, oňa şeýle habar berdiler: «Patyşanyň ýanyna Nur+ ogly Abnur+ gelip gitdi. Patyşa oňa hiç zat etmän, sag-aman ýola salyp goýberdi». 24 Şonda Ýowap Dawudyň ýanyna baryp: «Näme üçin beýtdiň? Abnur öz aýagy bilen ýanyňa gelipdir, ony näme üçin goýberdiň? 25 Nur ogly Abnuryň nähili adamdygyny bileňokmy?! Ol seni aldap, nirede, näme işleýäniňi bilmäge gelendir» diýdi.
26 Ýowap Dawudyň huzuryndan çykyp, Abnuryň yzyndan çapar ýollady. Olaram gidip, Sira guýusyna ýeten Abnury yzyna alyp gaýtdylar. Dawut mundan habarsyzdy. 27 Abnur Hebrona gelende+, Ýowap ikiçäk gepleşjek kişi bolup, ony derwezäniň iç ýüzüne çekdi. Ol gylyjyny Abnuryň içinden geçirip, ony öldürdi+. Ýowap dogany Asahel üçin ar aldy+. 28 Biraz wagtdan muny Dawuda habar berdiler. Şonda ol: «Ýehowanyň öňünde men hem, patyşalygym hem Nur ogly Abnuryň ölümine günäkär däl+. 29 Eden etmişi üçin, goý, Ýowap bilen atasynyň hojalygy jeza çeksin+. Ýowabyň öý-içerisinde suwuklyk akma+, heýwere keselli+, ik egirýän*, gylyçdan ölýän, bir döwüm çörege zar erkekler hemişe bolsun»+ diýdi. 30 Şeýdip, Ýowap bilen dogany Abyşaý+ Abnury+ öldürdi, sebäbi Abnur Gibgondaky söweşde olaryň dogany Asaheli öldüripdi+.
31 Dawut Ýowap bilen adamlaryna: «Ýakaňyzy ýyrtyp, jul geýiň-de, Abnur üçin ýas tutuň» diýdi. Patyşa tabydyň yzyndan ýöräp barýardy. 32 Abnury Hebronda jaýladylar. Dawut Abnuryň mazarynyň başynda ses edip aglady, tutuş halkam dady-perýat etdi. 33 Patyşa Abnuryň hatyrasyna şeýle ýas aýdymyny aýtdy:
«Wah, Abnur akmak kimin ölmelidimi?
34 Seniň gollaryň baglanmady,
Aýaklaryňa gandal* salynmady.
Jenaýatçylaryň eline düşen adam deý heläk bolduň»+.
Şonda tutuş halk Abnur üçin ýene aglap başlady.
35 Öýlän adamlar Dawudyň ýanyna gelip, çörek* hödür etdiler. Emma ol: «Gün ýaşmanka, agzyma çörek alaýsam ýa bir zat dadaýsam+, goý, Hudaý maňa has beterini görkezsin!» diýip ant içdi. 36 Halk Dawudyň aýdanlaryny makullady. Olar patyşanyň ähli işini göwnejaý hasaplaýardylar. 37 Şol gün ähli ysraýyllar we Dawudyň adamlary Nur ogly Abnuryň ölümine patyşanyň günäkär däldigine+ göz ýetirdi. 38 Soňra patyşa hyzmatkärlerine: «Bilýäňizmi, şu gün Ysraýylda beýik adam, beg+ aradan çykdy. 39 Patyşa bellensem-de+, bu gün Seruýanyň ogullaryna+ gaýtawul berer ýaly güýjüm ýok+, men olardan ejiz gelýärin. Goý, Ýehowa päliýamanlara etmişine görä jeza bersin!»+ diýdi.
4 Abnuryň Hebronda ölendigini+ eşidip, Şawulyň ogly Işboşetiň+ ýüregi ýaryldy*, ysraýyllar hem howsala düşdi. 2 Şawulyň oglunyň alamançy esgerlerine baş bolan iki adamy bardy. Biriniň ady Baganaý, beýlekisiniňki Rehapdy. Olar benýaminlerden beýerotly Rimmonyň ogullarydy. Öňler Beýerot+ şäheri hem benýaminleriňkidi. 3 Beýerotlylar Gitaýyma+ gaçyp gidipdiler. Olar henizem şol ýerde gelmişek bolup ýaşaýarlar.
4 Şawulyň ogly Ýonatanyň+ iki aýagy-da agsak ogly bardy+. Ýizregelden+ Şawul bilen Ýonatanyň ölendigi barada habar gelende, ol bäş ýaşyndady. Şonda enekesi çagany alyp, gaçyp gidipdi. Ol ylgap barýarka, aljyrap, çagany elinden gaçyrýar. Şeýdip, oglanjyk maýyp bolýar, onuň ady Mepiboşetdi+.
5 Beýerotly Rimmonyň ogullary Rehap bilen Baganaý günortanyň jokrama yssysynda Işboşetiň öýüne bardylar. Şol wagt Işboşet dynç alyp ýatyrdy. 6 Olar+ bugdaý almaga gelen kişi bolup, öýe girdiler-de, Işboşeti gylyçdan geçirip, hiç kime bildirmän, gaçyp gitdiler. 7 Rehap bilen Baganaý içerik girende, Işboşet otagynda uklap ýatyrdy. Olar Işboşeti öldürip, kellesini kesip aldylar. Soňra Arabanyň ýoly bilen uzak gije ýöräp, 8 Işboşetiň+ kellesini Dawut patyşanyň ýanyna, Hebrona eltip: «Patyşahym, seniň kastyňa çykan+ duşmanyň Şawulyň+ ogly Işboşetiň kellesini getirdik. Ýehowa Şawuldan we onuň neslinden şa hezretleriniň aryny aldy» diýdiler.
9 Emma Dawut beýerotly Rimmonyň ogullary Rehap bilen Baganaýa: «Meni ähli bela-beterden dyndyran+ Ýehowa diri şaýatdyr, 10 öňem biri gelip, Şawulyň ölendigini aýdanda+, gowy habar getirendirin öýdüpdi. Ýöne men ony Ziklagda öldürdim+, getiren habary üçin şeýdip sylagladym. 11 Indi öz öýünde düşekde ýatan bigünä adamy öldüren zalymlary, heý, jezasyz goýarynmy?! Onuň ganyna galanyňyz üçin+, siziň hem janyňyzy alaryn!» diýdi. 12 Soňra Dawut ýigitlerine olary öldürmegi buýurdy+. Ýigitler olaryň el-aýagyny çapyp, jesetlerini Hebrondaky howdanyň ýanynda asdylar+. Işboşetiň kellesini bolsa Hebrona äkidip, Abnuryň mazarynda jaýladylar.
5 Birnäçe wagtdan ysraýylyň ähli taýpalary Hebrona+, Dawudyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Biz seniň bilen ganybir dogan*+. 2 Üstümizden Şawul höküm sürýärkä-de, Ysraýyly söweşe sen alyp çykardyň+. Ýehowa saňa: „Ysraýyl halkyma çopançylyk edersiň, Ysraýyla baştutan bolarsyň“+ diýipdi». 3 Ähli ysraýyl ýaşululary Hebrona, Dawudyň ýanyna gelipdi. Dawut olar bilen Hebronda Ýehowanyň huzurynda äht baglaşdy+. Soňra olar Dawudy Ysraýyla patyşa bellediler+.
4 Dawut patyşa bolanda 30 ýaşyndady. Ol 40 ýyl hökümdarlyk etdi+. 5 Ol Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýarym ýyl, Iýerusalimde+ tutuş Ysraýylyň we Ýahudanyň üstünden 33 ýyl höküm sürdi. 6 Patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslara garşy söweşe çykdy. Ýabuslar+ Dawuda: «Şäheri hiç haçan basyp almarsyň! Seni hatda körler bilen agsaklarymyz hem kowup çykarar» diýip, üstünden güldüler. Olar: «Dawut hiç haçan şäheri eýeläp bilmez» diýip pikir edýärdiler+. 7 Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Häzir oňa Dawudyň şäheri+ diýilýär. 8 Şol gün ol: «Ýabuslaryň üstüne çozjak adamlar kärizden* geçsin-de, „agsaklary we körleri“ gyrsyn, olar Dawut üçin ýigrenjidir» diýdi. Şonuň üçin il arasynda: «Körler we agsaklar hiç haçan öýe girmez» diýilýär. 9 Dawut Sion galasynda ýaşap başlady, oňa Dawudyň şäheri diýilýär*. Dawut Millondan*+ şäher merkezine çenli diwarlary we binalary gurduryp başlady+. 10 Dawut barha güýçlenýärdi+, Serkerdebaşy Ýehowa ony goldaýardy+.
11 Tir patyşasy Huram+ Dawudyň ýanyna wekillerini ýollap, diwar gurmak üçin kedr agaçlaryny+, agaç ussalary we daş ýonujylary iberdi. Olar Dawuda köşk salyp başladylar+. 12 Dawut Ýehowanyň öz halkynyň hatyrasyna+ Ysraýylyň üstünden patyşalygyny berkidendigine+ we beýgeldendigine+ göz ýetirdi.
13 Dawut Hebrondan Iýerusalime gelip, birnäçe aýal we gyrnak+ aldy. Olardan ençeme ogul-gyzy boldy+. 14 Dawudyň Iýerusalimde doglan ogullary şulardyr: Şamuw, Şobap, Natan+, Süleýman+, 15 Ybhar, Alyşuw, Nepek, Ýapa, 16 Alyşam, Alyýat hem-de Alypelet.
17 Dawudyň Ysraýyla patyşa bolanyny+ eşidip, piliştliler ony öldürjek boldular+. Dawut muny bilip, bir howpsuz ýere gitdi+. 18 Piliştliler gelip, Refaýim jülgesinde+ düşelge gurdular. 19 Dawut Ýehowadan: «Piliştliler bilen söweşmäge gideýinmi? Olary elime berermiň?» diýip sorady+. Ýehowa-da: «Hawa, git, olary hökman eliňe bererin» diýdi+. 20 Şonda Dawut Bagal-perazime baryp, piliştlileri derbi-dagyn etdi. Ol: «Suwuň bendi böwsüp geçişi ýaly, Ýehowa-da duşmanlarymy öňümde derbi-dagyn etdi»+ diýip, şol ýeriň adyna Bagal-perazim*+ goýdy. 21 Piliştliler butlaryny şol ýerde taşlap gidipdiler. Dawut bilen adamlary olary ýygnap, ýok etdiler.
22 Biraz wagtdan piliştliler ýene-de Refaýim jülgesinde+ düşelge gurdular. 23 Dawut Ýehowa ýüz tutdy. Şonda Hudaý: «Piliştlileriň öňünden däl-de, arka tarapyndan aýlanyp, agaçlaryň* öňünden hüjüm et. 24 Agaçlaryň üstünden aýak sesine meňzeş şygyrdy eşideniňde, haýal etmän hüjüme geç. Ýehowa Pilişt goşunyny derbi-dagyn etmek üçin öňüňden ýörär» diýdi. 25 Dawut ähli zady Ýehowanyň tabşyryşy ýaly edip, piliştlileri Gebadan+ Gezere+ çenli gyrdy+.
6 Dawut ýene-de Ysraýylyň edermen esgerlerini ýygnady, jemi 30 000 esger çykdy. 2 Dawut esgerleri bilen hak Hudaýyň äht sandygyny+ getirmek üçin Bagaly-ýahuda gitdi. Halk äht sandygynyň ýanyna baryp, keruplaryň üstünde* tagtda oturan+ Serkerdebaşy Ýehowanyň+ adyny çagyrardy. 3 Olar hak Hudaýyň äht sandygyny täze araba+ ýükläp, baýyrlykdaky Abynadabyň öýünden+ alyp gaýtdylar. Abynadabyň ogullary Uza bilen Ahyý arabanyň öňünden gelýärdi.
4 Olar Abynadabyň baýyrlykda gurlan öýünden hak Hudaýyň äht sandygyny getirýärdiler. Ahyý äht sandygynyň öňünden ýöräp barýardy. 5 Dawut bilen ysraýyllar arçadan ýasalan her dürli gurallarda, arfada, kirişli saz gurallarda+, deprekde+, kakuw düwmelerinde we bürünç çanda*+ saz çalyp, Ýehowanyň huzurynda şatlyk-şagalaň edip gelýärdi. 6 Emma Nekon harmanyna ýetenlerinde, öküzler arabany tas agdarypdy. Uza elini uzadyp, hak Hudaýyň äht sandygyny saklady+. 7 Şonda Ýehowanyň Uza gahary gelip, oňa jeza berdi+, sebäbi ol Hudaýyň kanunyny äsgermezlik etdi+. Uza hak Hudaýyň äht sandygynyň ýanynda jan berdi. 8 Ýehowanyň Uza gaharlanandygyny görüp, Dawut gynandy*. Şol ýere henizem Perez-uza* diýilýär. 9 Şol gün Dawut Ýehowadan gorkup+: «Ýehowanyň äht sandygyny indi nädip şäherime äkideýin?!» diýdi+. 10 Dawut Ýehowanyň äht sandygyny öz şäherine+ äkitmek islemedi. Ol sandygy getli Abytedomyň öýüne iberdi+.
11 Ýehowanyň äht sandygy getli Abytedomyň öýünde üç aý durdy. Ýehowa Abytedomyň we öý-içerisiniň berekedini artdyrýardy+. 12 Dawuda: «Hak Hudaýyň äht sandygy Abytedomyň öýüne eltileninden bäri, Ýehowa onuň öý-içerisine bereket berip, mal-mülküni artdyrýar» diýip habar berdiler. Şonda ol şatlyk-şagalaň+ bilen hak Hudaýyň äht sandygyny Dawudyň şäherine getirmek üçin Abytedomyň öýüne gitdi. 13 Ýehowanyň äht sandygyny göterýänler+ alty ädim ädende, Dawut bir öküz we semiz mal gurbanlyk berdi.
14 Dawut begenjinden ýaňa Ýehowanyň huzurynda böküp tans edýärdi, egninde-de zygyr* matadan tikilen öňlük* bardy+. 15 Dawut bilen ysraýyllar surnaý* çalyp+, şatlyk-şowhun bilen+ Ýehowanyň äht sandygyny+ alyp gelýärdi. 16 Ýehowanyň äht sandygy Dawudyň şäherine getirilende, Şawulyň gyzy Mihal+ penjireden seredip durdy. Ol Dawudyň Ýehowanyň huzurynda böküp tans edýänini görüp, oňa göwnüýetmezçilik etdi*+. 17 Ýehowanyň äht sandygyny Dawudyň gurduran çadyrynda goýdular+. Dawut Ýehowanyň huzurynda+ ýakma+ we parahatlyk gurbanlyklary+ hödürledi. 18 Dawut ýakma we parahatlyk gurbanlyklary berensoň, Serkerdebaşy Ýehowanyň adyndan halka ak pata berdi. 19 Dawut bütin ysraýyl jemagatyna, aýal-erkek diýmän, hemme adama halka görnüşli çörek, hurmaly* we kişmişli külçe paýlady. Soňra her kim öýli-öýüne gaýtdy.
20 Dawut maşgalasyna ak pata bermäge gelende, Şawulyň gyzy Mihal+ öňünden çykyp: «Bu gün Ysraýyl patyşasy emeldarlaryň gyrnaklarynyň öňünde ýeňilkelle ýaly, ýarym-ýalaňaç tans edip, masgara boldy!»+ diýdi. 21 Şonda Dawut: «Şatlansam, Ýehowa üçin şatlanýaryn. Hudaý kakaňa, onuň hojalygyna derek meni saýlap, Ýehowanyň ysraýyl halkyna baştutan edip goýdy+. Ýehowanyň öňünde şatlanyp, 22 özümi has-da kiçelderin, mertebämi peselderin. Seniň diýýän gyrnaklaryň bolsa meni öwüp, arşa çykarar» diýdi. 23 Şonuň üçin Şawulyň gyzy Mihalyň+ ömrüniň ahyryna çenli çagasy bolmady.
7 Dawut köşkde ýaşap başlady+, Ýehowa-da ony daş-töwerekdäki duşmanlardan goraýardy*. 2 Patyşa Natan pygambere+: «Men-ä kedr agajyndan salnan köşkde+ ýaşaýaryn, hak Hudaýyň äht sandygy bolsa matadan edilen çadyrda dur»+ diýdi. 3 Natan pygamber: «Göwnüň näme islese ediber, Ýehowa seniň bilendir»+ diýdi.
4 Ýöne şol gije Ýehowa Natan pygambere şeýle diýdi: 5 «Git-de, şu sözlerimi gulum Dawuda ýetir: „Ýehowa şeýle diýýär: „Meniň üçin öýi indi sen gurjak bolýaňmy?+ 6 Ysraýyl halkyny Müsürden çykaranymdan bäri öýde däl-de+, çadyrda+ göçüp-gonup ýaşadym. 7 Ysraýyllaryň arasyndakam, halkyma çopançylyk edýän taýpa baştutanlaryna şu çaka çenli: „Maňa näme üçin kedr agajyndan öý gurmadyňyz?“ diýdimmi?“ 8 Gulum Dawuda aýt: „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni goýun bakyp ýören ýeriňden, öri meýdanlardan alyp gaýdyp+, ysraýyl halkyma baştutan etdim+. 9 Nirä gitseňem ýanyňda bolup+, duşmanlaryňy ýoluňdan aýraryn+. Adyňy dünýäniň beýik adamlarynyňky deý arşa galdyraryn+. 10 Ysraýyl halkymy bolsa saýlan mekanymda parahat ýaşadaryn. Indi zalymlar olara ezýet bermez+. 11 Hatda serdarlary bellänimden+ soň hem, duşmanlar halkymy ezdiler. Ýöne seni ähli duşmanlaryňdan goraryn+.
Ýehowa nesliňi şa tagtynda oturtjakdygyny* aýdypdy+. Ýehowa hökman sözünde durar. 12 Ömür tanapyň kesilip+, aradan çykanyňda, perzendiňi*, biliňden önen ogluňy patyşa edip, hökümdarlygyny berkiderin+. 13 Ol maňa öý gurup, adymy şöhratlandyrar+. Onuň tagty sarsmaz+. 14 Men onuň atasy, ol hem meniň oglum bolar+. Erbetlik etse, ynsan taýagy bilen ýola salaryn, adam ogullarynyň* gamçysy bilen temmi bererin+. 15 Şawuly öňüňden aýryp, wepaly söýgimden* mahrum edipdim+. Emma seniň ogluňdan wepaly söýgimi aýyrmaryn. 16 Hojalygyňa-da, patyşalygyňa-da hiç wagt howp abanmaz, tagtyň baky durar“»+.
17 Natan şol sözleri we gören görnüşini* Dawuda gürrüň berdi+.
18 Şonda Dawut Ýehowanyň huzuryna baryp, dyza çökdi-de, şeýle diýdi: «Eý Älemiň Hökümdary Ýehowa! Maňa we maşgalama munça ýagşylyk eder ýaly, biz kim?+ 19 Älemiň Hökümdary Ýehowa, maňa eden ýagşylyklaryňy az görüp, geljekki neslim barada hem alada edýäň. Ynsan ogullarynyň hiç biri saňa päsgel berip bilmez*, eý Älemiň Hökümdary Ýehowa! 20 Guluň Dawut başga näme diýsin, sen meni gowy tanaýaň+ ahyryn, Älemiň Hökümdary Ýehowa! 21 Sözüňe we islegiňe* görä, ägirt uly işleri edip, olary guluňa görkezdiň+. 22 Sen juda beýiksiň+, Älemiň Hökümdary Ýehowa! Saňa taý geljek ýokdur+. Ençeme taňrylar hakda eşidipdik, ýöne ýeke-täk hak Hudaý sensiň!+ 23 Milletler arasynda halkyň ysraýyla taý geljegi barmyka?!+ Sen baryp, halkyňy azat etdiň, olary özüňe halk edip saýladyň+, halkyň üçin beýik hem täsin gudratlary görkezdiň+, adyňy şöhratlandyrdyň+. Müsürden çykaran halkyň hatyrasyna başga milletleri we olaryň taňrylaryny kowup çykardyň. 24 Ýehowa, sen ysraýyllary ebedilik halkyň edip+, olaryň Hudaýy bolduň+.
25 Ýehowa Hudaýym, guluňa we maşgalasyna beren sözüňi hiç wagt unutman, wadaňy berjaý et+. 26 Adyňa ebedi şöhrat bolsun!+ Şonda hemmeler: „Serkerdebaşy Ýehowa Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýerler. Guluň Dawudyň öýi huzuryňda berk dursun+. 27 Eý Ysraýylyň Serkerdebaşysy Ýehowa, guluňa: „Nesliňi tagtda oturdaryn“*+ diýipdiň, şonuň üçin saňa ynam* bilen doga edýärin. 28 Älemiň Hökümdary Ýehowa, sen hak Hudaýsyň, sözleriň hem hakdyr+. Guluňa ençeme ýagşylyklary wada berdiň. 29 Indi öý-içerimiň berekedini artdyr. Öýüm huzuryňda ebedi dursun!+ Wada berýän sensiň, eý Älemiň Hökümdary Ýehowa! Seniň saýaňda öýümiň berekedi hiç haçan egsilmesin!»+
8 Birnäçe wagtdan Dawut piliştliler bilen söweşdi+, olary boýun egdirip+, Metek-gammany basyp aldy.
2 Ol mowaplary hem derbi-dagyn etdi+. Dawut olary ýerde ýatyrdy-da, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, üçden iki bölegini öldürtdi, galanyny bolsa diri galdyrdy+. Mowaplar Dawuda gul bolup, salgyt töläp başladylar+.
3 Soba+ patyşasy Rehop ogly Hadatgezer Ýewfrat derýasynyň+ aňyrsynda hökümdarlygyny dikeltmäge barýarka, Dawut oňa hüjüm etdi. 4 Ol Hadatgezeriň 1 700 atlysyny, 20 000 pyýada esgerini ýesir aldy. Araba goşulýan atlaryň+ 100 sanysyndan galanyny maýyp etdi.
5 Damaskda ýaşaýan siriýalylar+ Soba patyşasy Hadatgezere kömege geldi. Emma Dawut olaryň hem 22 000 esgerini gyrdy+. 6 Ol Siriýanyň Damask şäherinde goşun bölümlerini goýdy. Siriýalylar hem Dawuda gul bolup, salgyt töläp başlady. Ýehowa Dawuda baran ýerinde ýeňiş berýärdi+. 7 Ol Hadatgezeriň hyzmatkärlerinden tegelek altyn galkanlary alyp, Iýerusalime getirdi+. 8 Dawut patyşa Hadatgezeriň golastyndaky Betah* we Berotaý şäherlerinden ummasyz köp mis aldy.
9 Hamat+ patyşasy Tohyt* Dawut patyşanyň Hadatgezeriň goşunyny derbi-dagyn edenini eşitdi+. 10 Tohyt Dawudyň hal-ýagdaýyny soramak we Hadatgezeriň üstünden gazanan ýeňşi bilen gutlamak üçin ogly Ýoramy iberdi. Sebäbi Hadatgezer Tohyt bilen häli-şindi söweşerdi. Ýoram Dawuda kümüşden, altyndan we misden ýasalan sowgatlary äkitdi. 11 Dawut bolsa olary Ýehowa bagyş etdi*. Ol boýun egdiren milletlerinden alan altyn-kümüşlerini+, ýagny 12 siriýalylardan, mowaplardan+, ammonlardan, piliştlilerden+, amaleklerden+ we Soba patyşasy Rehop ogly Hadatgezerden alan zatlaryny+ Hudaýa bagyş etdi. 13 Duz jülgesinde 18 000 edomlyny gyransoň+, Dawudyň abraýy has-da artdy. 14 Ol Edomda we onuň ähli ýerinde goşun bölümini goýdy. Ähli edomlylar Dawudyň guly boldy+. Ýehowa Dawuda baran ýerinde ýeňiş berýärdi+.
15 Dawut tutuş Ysraýyly dolandyrýardy+. Ol halkyň+ üstünden adalatly we dogruçyl höküm sürýärdi+. 16 Seruýanyň ogly Ýowap+ goşunbaşydy, Ahylutyň ogly Ýehoşapat+ bolsa mürzedi*. 17 Ahytubyň ogly Sadyk+ bilen Abyýataryň ogly Agamälik ruhanydy, Seraýa kätipdi. 18 Ýehoýadanyň ogly Binaýa+ keretler bilen peletleriň*+ baştutanydy, Dawudyň ogullary hem serkerde* boldy.
9 Bir gün Dawut: «Şawulyň maşgalasyndan diri galan barmyka? Ýonatanyň hatyrasyna+ oňa elimden gelen ýagşylygy ederdim*» diýdi. 2 Şawulyň öýünde hyzmatkär bolan Zyban+ diýen bir adamy Dawudyň ýanyna getirdiler. Patyşa ondan: «Zyban diýilýän senmi?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa, patyşahym» diýdi. 3 Patyşa: «Şawulyň maşgalasyndan diri galan barmy? Hudaýyň haky üçin, oňa ýagşylyk edeýin*» diýdi. Zyban: «Ýonatanyň iki aýagy hem agsak ogly bar»+ diýdi. 4 Patyşa: «Nirede ol?» diýip sorady. Zyban: «Lodebarda, Emiýeliň ogly Mahyryň+ öýünde» diýdi.
5 Dawut patyşa dessine Lodebara adam iberip, ony Emiýeliň ogly Mahyryň öýünden getirtdi. 6 Ýonatanyň ogly, Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudyň ýanyna geldi-de, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. Şonda Dawut: «Mepiboşet!» diýdi. Ol: «Diňleýärin, patyşahym!» diýdi. 7 Dawut: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna saňa elimden gelen ýagşylygy ederin*+. Ataň Şawulyň mülküni yzyna bererin, sen hemişe meniň saçagymdan çörek iýersiň»+ diýdi.
8 Şonda Mepiboşet tagzym edip: «Beýle sylag-hormat eder* ýaly men kim?! Guluňyz öli it ahyryn»+ diýdi. 9 Patyşa Şawulyň hyzmatkäri Zybany çagyrdyp: «Şawula we hojalygyna degişli ähli zady agtygyna berdim+. 10 Ogullaryňy, hyzmatkärleriňi al-da, hojaýynyň agtygy Mepiboşetiň melleginde işle. Iýjek çöregi bolar ýaly, hasylyny öýündäkilere ber. Mepiboşet bolsa hemişe meniň saçagymdan iýip içer»+ diýdi.
Zybanyň 15 ogly, 20 hyzmatkäri bardy+. 11 Zyban Dawut patyşa: «Ähli zady aýdyşyňyz ýaly ederin, hökümdarym» diýdi. Şondan soň Mepiboşet patyşanyň ogullary ýaly, Dawudyň saçagyndan* çörek iýip başlady. 12 Mepiboşetiň Mika+ diýen oguljygy bardy. Zybanyň öýündäkiler Mepiboşetiň hyzmatkäri boldy. 13 Ol Iýerusalimde ýaşap, hemişe patyşanyň saçagyndan çörek iýerdi+. Mepiboşetiň iki aýagy-da agsakdy+.
10 Birnäçe wagtdan ammonlaryň+ patyşasy aradan çykyp, ogly Hanun patyşa boldy+. 2 Şonda Dawut: «Nahaşyň maňa ýagşylyk edişi* ýaly, menem ogly Hanuna ýagşylyk edeýin» diýip, kakasynyň ölümine gynanç bildirmek üçin hyzmatkärlerini ýollady. Emma Dawudyň hyzmatkärleri ammonlaryň ýurduna baranda, 3 ammon han-begleri Hanuna şeýle diýdiler: «Dawut hyzmatkärlerini kakaň pahyry sylap ugradandyr öýdýäňmi? Ol hyzmatkärlerini şäherimizi gözden geçirip, bar zady anyklamaga iberendir. Ol şäheri basyp aljak bolýandyr» diýdiler. 4 Şonda Hanun Dawudyň hyzmatkärleriniň sakgalynyň bir tarapyny gyrkyp+, eşikleriniň bilinden aşagyny kesip, yzyna ýollady. 5 Dawut muny eşiden badyna, adam iberip, olara: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihonda+ galyň, soň gelersiňiz» diýdi, sebäbi olar masgara bolupdy.
6 Şondan soň ammonlar Dawuda duşman bolandyklaryna düşündiler. Olar wekil ýollap, Beýt-rehopdan+ we Sobadan+ siriýalylaryň 20 000 pyýada esgerini, Magak+ patyşasy bilen 1 000 adamy, Iştopdan* 12 000 adamy hakyna tutdular+. 7 Dawut muny eşidip, Ýowap bilen goşunyny we gaýduwsyz esgerlerini+ iberdi. 8 Ammonlar şäheriň öňünde hatara düzüldiler. Sobadan, Rehopdan gelen siriýalylar bolsa iştoplylar we magaklylar bilen düzlükde aýratyn durdular.
9 Ýowap duşmanlaryň öňdenem, yzdanam çozup gelýänini görende, Ysraýylyň edermen esgerlerinden käbirini saýlap, siriýalylaryň garşysynda hatara düzdi+. 10 Galan esgerleri bolsa dogany Abyşaýa+ tabşyrdy. Abyşaý olary hatara durzup, ammonlara+ gaýtawul bermelidi. 11 Ýowap oňa: «Eger siriýalylar menden üstün çykyp başlasa, sen maňa kömege gelersiň. Ýöne ammonlar senden üstün çykyp başlasa, men saňa kömege bararyn. 12 Dogumly we batyrgaý boluň, halk üçin, Hudaýymyzyň şäherleri üçin söweşiň!+ Galan zadam Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun!»+ diýdi.
13 Ýowap esgerleri bilen siriýalylara garşy hüjüme geçdi; duşmanlar gaçdylar+. 14 Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlaram Abyşaýdan gaçyp, şähere girdiler. Ýowap ammonlar bilen söweşip, Iýerusalime gaýdyp geldi.
15 Ysraýyllardan ýeňlen siriýalylar täzeden goşun ýygnadylar+. 16 Hadatgezer+ derýanyň*+ aňyrsyndaky siriýalylary çagyrmak üçin adam iberdi. Olar Hadatgezeriň goşunbaşysy Şobagyň ýolbaşçylygynda Helama geldiler.
17 Dawut muny eşiden badyna, Ysraýyl goşunyny ýygnady-da, Iordandan geçip, Helama bardy. Siriýalylar hatara düzülip, Dawut bilen söweşip başladylar+. 18 Emma siriýalylar ysraýyllardan ýeňildiler. Dawut olaryň 700 söweş arabaly esgerini, 40 000 atlysyny we goşunbaşysy Şobagy öldürdi+. 19 Hadatgezere hyzmat edýän hanlar ýeňlendigine düşünip, ysraýyllar bilen ylalaşyk baglaşdylar-da+, boýun egdiler. Şondan soň siriýalylar ammonlara kömek etmäge gorkdular.
11 Ýylyň başynda*, şalaryň söweşe çykýan wagty Dawut Ýowaby, nökerlerini we tutuş ysraýyl goşunyny ammonlaryň üstüne çozmaga iberdi. Olar Rapa şäheriniň daşyny gabadylar+. Dawut bolsa Iýerusalimde galypdy+.
2 Bir gün agşam Dawut ýatan düşeginden turup, köşgüň üçeginde gezmelemäge çykdy. Şonda suwa düşüp duran bir aýala gözi düşdi, ol diýseň owadandy. 3 Dawut onuň kimdigini anyklamak üçin adam iberdi. Habarçy gelip: «Ol Alyýamyň* gyzy+, hetlerden+ Uryýanyň+ aýaly Batşeba»+ diýdi. 4 Şonda Dawut hyzmatkärlerini iberip, ony getirtdi+. Batşeba gelende, Dawut onuň bilen ýatdy+. Şol wagt Batşebanyň tämizlenýän wagtydy*+. Soňra ol öýüne gaýtdy.
5 Batşeba göwreli bolup, Dawuda: «Senden göwreli boldum» diýip habar ýollady. 6 Şonda Dawut Ýowaba: «Hetlerden Uryýany ýanyma ugrat» diýip habar ýollady. Ýowap hem ony Dawudyň ýanyna iberdi. 7 Uryýa gelende, Dawut ondan Ýowabyň, esgerleriň hal-ýagdaýyny we urşuň gidişini sorady. 8 Soňra ol Uryýa: «Öýüňe git-de, dynjyňy al» diýdi. Uryýa köşkden gaýdan badyna, patyşa yzyndan sowgat-serpaý iberdi. 9 Emma Uryýa öýüne gitmän, patyşanyň nökerleri bilen köşgüň agzynda ýatdy. 10 Dawuda: «Uryýa öýüne gitmedi» diýip habar berdiler. Şonda ol Uryýa: «Özüň-ä ýaňy ýoldan geldiň, näme üçin öýüňe gaýtmadyň?» diýdi. 11 Uryýa bolsa: «Äht sandygy+, Ysraýyl we Ýahuda goşuny çadyrda bolup ýörkä, hojaýynym Ýowap bilen nökerleri düşelgedekä, men neneň öýe gidip, iýip içeýin, aýalym bilen ýataýyn?!+ Janyňdan ant içýärin, beýle zady etmerin!» diýdi.
12 Dawut oňa: «Bu günem bärde gal, ertir yzyňa gidersiň» diýdi. Uryýa şol günem, ertesi günem Iýerusalimde galdy. 13 Soňra Dawut Uryýany nahara çagyryp, onuň bilen iýip içdi-de, serhoş bolýança içirdi. Uryýa serhoş bolsa-da, şol gije öýüne gitmän, patyşanyň nökerleriniň ýanynda ýatdy. 14 Ertesi ir bilen Dawut Ýowaba hat ýazyp, Uryýanyň eline berip goýberdi. 15 Şol hatda: «Uryýany söweşiň iň gazaply ýerinde, öňdäki hatarda goý. Soňam yza çekiliň, goý, ol ýaralanyp ölsün»+ diýip ýazylgydy.
16 Ýowap şäheriň daşyny gabapdy. Ol duşmanyň güýçli esgerleriniň nirede söweşýänini bilýärdi. Uryýany hem şol ýerde goýdy. 17 Duşmanlar şäherden çykyp, Ýowaba hüjüm edende, Dawudyň birnäçe esgeri wepat boldy. Olaryň arasynda hetlerden Uryýa hem bardy+. 18 Ýowap bolan zatlar hakda Dawuda habar ýollady. 19 Ol çapara: «Şa hezretlerine urşuň gidişini gürrüň ber. 20 Onuň gahary gelip: „Şähere näme üçin golaý bardyňyz? Bilýäňiz-ä, olar diwaryň üstünden oka tutýarlar. 21 Ýerubeşetiň*+ ogly Abymäligi+ kimiň öldüreni ýadyňyzdan çykdymy? Ony Tebesde bir aýal diwardan degirmen daşyny* zyňyp öldüripdi. Diwara näme üçin golaý bardyňyz?“ diýäýse: „Hetlerden guluňyz Uryýa-da öldi“ diýip habar ber» diýdi.
22 Çapar gidip, Ýowabyň aýdanlaryny Dawuda ýetirdi. 23 Ol: «Duşman bizden güýçli eken. Olar şäherden çykyp, üstümize hüjüm etdiler. Ýöne biz olary derwezä çenli kowaladyk. 24 Şonda ýaýçylar diwaryň üstünden oka tutdular, patyşanyň nökerleriniň käbiri öldi, hetlerden Uryýa-da wepat boldy»+ diýdi. 25 Dawut bolsa: «Ýowaba aýt, bolan zatlara gynanmasyn, uruş ölüm-ýitimsiz bolmaz. Ol hüjümini güýçlendirsin-de, şäheri basyp alsyn+. Şu sözlerim bilen Ýowaby ruhlandyr» diýdi.
26 Batşeba äriniň ölendigini eşidip, ýas tutdy. 27 Ýas günleri tamamlananda, Dawut dessine adam iberip, ony köşge getirtdi. Batşeba Dawudyň aýaly bolup+, ogul dogurdy. Ýöne Ýehowa Dawudyň eden işini halamady*+.
12 Ýehowa Natany+ Dawudyň ýanyna iberdi+. Ol Dawuda şeýle diýdi: «Bir şäherde iki adam ýaşaýan eken. Olaryň biri baý, beýlekisi garypdy. 2 Baýyň süri-süri maly bardy+. 3 Garybyň bolsa satyn alan ýekeje guzusyndan* başga zady ýokdy+. Ol guzusynyň aladasyny edip, öz ogullary bilen deň tutardy. Iýýän bir döwüm çöreginden, içýän suwundan berip, gujagynda ýatyrardy, gyzy ýaly eý görerdi. 4 Günlerde bir gün baýyň öýüne myhman gelipdir. Emma ol öz malyndan soýmaga dözmän, ýaňky garybyň guzusyny alyp soýupdyr we myhmanyna nahar bişiripdir»+.
5 Şonda Dawudyň gaty gahary gelip, Natana: «Ýehowa diri şaýatdyr+, muny eden adamyň başy ölümlidir! 6 Ol eden zalymlygy üçin guzynyň bahasyny dört esse edip gaýtarmaly bolar»+ diýdi.
7 Natan bolsa Dawuda: «Şol adam sen! Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni Ysraýyla patyşa belledim+, Şawulyň elinden halas etdim+. 8 Hojaýynyň öý-içerisini+, aýallaryny eliňe berip+, Ysraýyl bilen Ýahuda öýüni saňa tabşyrdym+. Şolary az görýän bolsaň, üstüne ýene goşardym+. 9 Ýehowanyň ýigrenýän işini edip, näme üçin kanunyny bozduň? Het halkyndan Uryýany gylyçdan geçirdiň!+ Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürip+, aýalyny aldyň+. 10 Het halkyndan Uryýanyň aýalyny alyp, meni äsgermezlik edeniň üçin, öý-içeriňden hiç wagt gylyç aýrylmaz“+. 11 Ýehowa şeýle diýýär: „Sen öz maşgalaňdan ýamanlyk görersiň+. Aýallaryňy gözüň alnynda başga birine bererin+. Ol hem ulus-iliň öňünde* aýallaryň bilen ýatar+. 12 Sen zalymlygy gizlin etdiň+, men bolsa gündiziň günortany tutuş Ysraýylyň öňünde ederin“» diýdi.
13 Şonda Dawut: «Men Ýehowanyň öňünde günä etdim»+ diýdi. Natan: «Ýehowa günäňi geçýär+, sen ölmersiň+. 14 Ýöne Ýehowany äsgermezlik edeniň üçin, ýaňy doglan ogluň öler» diýdi.
15 Soňra Natan öýüne gaýtdy.
Ýehowa Uryýanyň aýalynyň Dawuda dogrup beren çagasyny keselletdi. 16 Dawut oguljygy üçin hak Hudaýa dileg edip, agyz bekledi. Ol uzak gije otagynda bagryny ýere berip ýatdy+. 17 Köşk emeldarlary baryp, Dawudy ýerinden galdyrjak boldular. Emma ol ne ýerinden turdy, ne-de çörek iýdi. 18 Ýedinji gün diýlende, çaga ýogaldy. Dawudyň hyzmatkärleri çaganyň ölenini aýtmaga gorkdular. Olar: «Çaga dirikä, patyşa gepimize gulak asmady. Indi oňa çaganyň ölenini nädip aýdaly? Ol özüne bir zat edäýmesin» diýişdiler.
19 Dawut hyzmatkärleriniň pyşyrdaşýanyny görüp, çaganyň ýogalandygyna düşündi. Ol: «Çaga öldümi?» diýip sorady. Olar: «Hawa» diýdiler. 20 Şonda Dawut turup, ýuwnup-ardyndy-da, ýakymly ysly ýag çalnyp+, eşigini çalyşdy, Ýehowanyň çadyryna*+ gidip, tagzym etdi. Soňra köşge geldi-de, iýip içdi. 21 Hyzmatkärleri: «Çaga dirikä, agyz bekläp, agladyň, ýogalandan soňam turup, çörek iýdiň. Näme üçin beýdýäň?» diýdiler. 22 Dawut: «Hawa, çaga dirikä, agyz bekledim+, agladym, sebäbi Ýehowa rehim edip, çagany diri galdyrar+ öýtdüm. 23 Çaga ýogalansoň, agyz beklemek nämä gerek? Çagany yzyna getirip bilmerin ahyryn+. Bir gün özümem ölüp giderin+, ýöne ony direldip bilmerin»+ diýip jogap berdi.
24 Soňra Dawut aýaly Batşeba+ göwünlik berdi. Ol aýalynyň ýanyna girip, oňa ýanaşdy*. Birnäçe wagtdan Batşebanyň ogly boldy, adyna Süleýman*+ dakdylar. Ýehowa çagany gowy gördi+. 25 Ol Natan pygamberi+ iberip, oglanjygyň adyna Ýedidýa* goýdurdy, sebäbi Ýehowa çagany eý görýärdi.
26 Ýowap ammonlaryň+ Rapa şäherine+ çozup, paýtagty basyp aldy+. 27 Ol Dawuda: «Men Rapa çozup+, şäheriň çeşmelerini* eýeledim. 28 Sen galan esgerleri alyp gel-de, tutuş şäheri basyp al. Özüm basyp alsam, bar abraý meniň adyma gider*» diýip habar ýollady.
29 Dawut esgerlerini ýygnady-da, Rapa şäherine gitdi. Ol şähere çozup, ony basyp aldy. 30 Malkamyň* gymmatbaha gaşlar bilen bezelen täjini hem aldy; ondaky altynyň agramy bir batmandy*. Täji Dawudyň başyna geýdirdiler. Ol şäherden+ birgiden olja aldy+. 31 Ilatyna bolsa şäheriň daşynda daş ýondurdy, ýiti demir gurallar we paltalar bilen işletdi, kerpiç guýdurdy. Ol ammonlaryň beýleki şäherlerinde hem şeýle etdi. Soňra Dawut esgerleri bilen Iýerusalime dolandy.
13 Dawudyň ogly Abselimiň Tamar atly owadan uýasy bardy+. Dawudyň ogly Emin+ oňa aşyk boldy. 2 Tamar päk* gyzdy. Emin uýasy Tamar sebäpli däli-diwana boldy, arzuwyna ýetip bilmerin öýdüp, agyr derde galdy. 3 Eminiň Ýehonadap+ atly bir dosty bardy, ol Dawudyň dogany Şimegaýyň+ ogludy. Ýehonadap örän mekir adamdy. 4 Ol Emine: «Eý şazada, keýpiň ýok-la. Aýt hany, näme boldy?» diýdi. Emin: «Men doganym Abselimiň uýasy Tamara aşyk boldum»+ diýdi. 5 Şonda Ýehonadap: «Sen kesellän kişi bolup ýat. Kakaň ýagdaýyňy soramaga geler welin: „Uýam Tamar gelip, bir zat bişirip beräýsin. Ýanymda nahar bişirip, öz eli bilen iýdirse sagalaryn“ diý» diýdi.
6 Emin kesellän kişi bolup ýatdy, patyşa ony görmäge geldi. Şonda Emin: «Uýam Tamar gelip, iki sany çapady* bişirip beräýsin. Men Tamaryň öz elinden iýjek» diýdi. 7 Dawut Tamaryň yzyndan köşge adam iberip: «Doganyň Eminiň öýüne gel-de, nahar bişirip ber» diýdi. 8 Tamar doganynyň öýüne bardy. Şol wagt Emin düşekde ýatyrdy. Tamar hamyr ýugrup ýaýdy-da, doganynyň ýanynda çapady bişirdi. 9 Ol çapadyny Eminiň öňünde goýdy. Emin çapadydan datman: «Baryňyz çykyň!» diýip gygyrdy. Hemmeler daşaryk çykdy.
10 Emin Tamara: «Nahary ýatýan jaýyma elt, öz eliňden iýjek» diýdi. Tamar çapadylary alyp, dogany Eminiň ýatýan otagyna bardy. 11 Tamar çapadylary Eminiň öňünde goýan badyna, ol uýasyna ýapyşyp: «Gel, meniň bilen ýatsana!» diýdi. 12 Emma Tamar: «Ýok, doganym, beýdip namysyma degme! Bihaýalyk edip+, Ysraýylda masgara bolma!+ 13 Munuň ýaly masgaraçylykdan soň iliň-günüň ýüzüne nädip seredeýin? Sen hem Ysraýylda biabraý bolarsyň. Ýalbarýaryn, patyşa bilen gepleş, ol meni saňa berer» diýdi. 14 Ýöne Emin gulak asman, uýasyny zorlap, namysyna degdi. 15 Soňra ol Tamary şeýle bir ýigrendi welin, ýigrenji başdaky söýgüsinden has güýçli boldy. Emin uýasyna: «Tur, gümüňi çek!» diýdi. 16 Şonda Tamar: «Ýok, doganym, meni kowma, bu edeniň öňki edeniňden hem beter bolar!» diýdi. Emma Emin Tamary diňlemek hem islemedi.
17 Emin bir hyzmatkär ýigidi çagyryp: «Muny gözümiň alnyndan ýok et, daşaryk çykar-da, gapyny gulpla!» diýdi. 18 Tamaryň egninde nagyşly dony bardy, şeýle dony patyşanyň durmuşa çykmadyk gyzlary geýýärdi. Hyzmatkär Tamary daşaryk çykaryp, gapyny gulplady. 19 Tamar başyndan kül sowrup+, egnindäki owadan donuny ýyrtdy. Ol kellesini tutup, ýolboýy aglap gitdi.
20 Dogany Abselim+ uýasyny görüp: «Emin seni zorladymy? Uýam, muny hiç kime aýtma. Näme bolsa-da, ol doganyňdyr+. Bolan zatlary ýüregiňe alyp ýörme» diýdi. Şondan soň Tamar ile çykman, dogany Abselimiň öýünde ýaşady. 21 Bolan zatlary eşidip, Dawut patyşanyň gany depesine urdy+. Emma ol Eminiň göwnüne degmek islemedi, sebäbi uly ogly bolansoň, ony juda gowy görýärdi. 22 Abselim uýasy Tamaryň namysyna degeni üçin+ Emini ýigrenýärdi+. Ýöne ol Emine ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedi.
23 Tegelek iki ýyl geçdi. Abselim Efraýymyň+ golaýynda, Bagal-hazorda goýun gyrkdyrýardy. Ol meýlis gurap, patyşanyň hemme ogluny çagyrdy+. 24 Ol patyşanyň huzuryna baryp: «Guluňyz goýun gyrkdyryp ýör. Patyşa-da hyzmatkärlerini alyp, meniň bilen gitse gowy bolar» diýdi. 25 Emma patyşa: «Ýok, oglum. Barymyz gidip, saňa ýük bolmaly» diýdi. Abselim näçe ýalbarsa-da, Dawut gitmedi, ýöne ogluna ak pata berdi. 26 Şonda Abselim: «Özüň gitmeseň, doganym Emini bir iberäý»+ diýdi. Patyşa: «Eminiň näme işi bar?» diýdi. 27 Abselim ýalbaryp duransoň, patyşa Emini we ogullaryny iberdi.
28 Abselim hyzmatkärlerine: «Emin şerap içip, keýpini köklär welin, „Ony öldüriň!“ diýerin. Şonda onuň ýoguna ýanyň. Gorkmaň, buýruk mendendir. Dogumly we batyrgaý boluň» diýdi. 29 Hyzmatkärler Abselimiň tabşyryşy ýaly, Emini öldürdiler. Patyşanyň beýleki ogullary bolsa gatyrlaryna münüp, gaçyp gitdiler. 30 Heniz ýoldakalar, Dawuda: «Abselim hemme ogullaryňy öldüripdir, ýekejesini-de diri galdyrmandyr» diýip habar berdiler. 31 Patyşa muny eşidip, ýakasyny ýyrtdy-da, bagryny ýere berip ýatdy. Ýanynda duranlar hem ýakasyny ýyrtdylar.
32 Emma Dawudyň dogany Şimegaýyň+ ogly Ýehonadap+: «Patyşahym, ogullaryňyzyň hemmesi däl, diňe Emin öldürilipdir+. Muny Abselimiň buýrugy bilen edipdirler+. Uýasy Tamaryň namysyna degen gününden+ bäri Abselim ondan ar aljak bolup ýördi. 33 Şa hezretleri, hemme ogluň ölendir öýtme, diňe Emin öldi» diýdi.
34 Abselim bolsa gaçyp gitdi+. Biraz wagtdan garawul dagyň eteginden birtopar adamyň gelýänini gördi. 35 Ýehonadap+ hem patyşa ýüzlenip: «Patyşahym, serediň, ogullaryňyz gelýär! Aýdanym dogry bolup çykandyr görseň» diýdi. 36 Ol sözüni soňlap-soňlamanka, patyşanyň ogullary gelip, ses edip aglaşdylar. Patyşa bilen hyzmatkärleri-de möňňürip agladylar. 37 Abselim gaçyp, Geşuryň hany Emihut ogly Talmaýyň+ ýanyna bardy. Dawut bolsa ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy. 38 Abselim Geşurda+ üç ýyl ýaşady.
39 Eminiň ölüminden birnäçe wagt geçipdi. Dawut biraz köşeşip, Abselimi göresi gelip başlady.
14 Seruýanyň ogly Ýowap+ Dawut patyşanyň Abselimi göresi gelýänini+ bildi. 2 Ol Tekoýa galasyna+ adam iberip, bir akylly aýaly getirtdi. Ýowap: «Biriniň ýasyny tutýan ýaly, ýas eşiklerini geý-de, ýag çalynma+. Köp wagtdan bäri ýas tutýan kişi bolup, 3 patyşanyň ýanyna bar-da, şeý diý» diýip, aýtmaly zatlaryny öwretdi.
4 Tekoýaly aýal patyşanyň huzuryna baryp, dyza çökdi-de: «Patyşahym, kömek ediň!» diýdi. 5 Patyşa: «Näme boldy?» diýip sorady. Aýal: «Wah, men bir dul aýal. 6 Iki oglum bardy. Bir gün olar urşupdyrlar. Aralamaga hiç kim bolmansoň, biri beýlekisini öldüripdir. 7 Indi bolsa garyndaşlarym maňa: „Doganyny öldüren ogluňy elimize ber. Maşgalaň mirasdüşersiz galýanam bolsa, ogluňy öldürjek, ol doganynyň ganyna galdy!“+ diýýärler. Olar meniň ýekeje oglumy hem öldürip, ojagymyň oduny söndürjek* bolýarlar. Olar ärimiň adyny ýagty jahandan öçürip taşlajak bolýarlar!» diýdi.
8 Patyşa: «Arkaýyn gidiber, meseläňi çözüp bererin» diýdi. 9 Şonda tekoýaly aýal: «Patyşahym, oglumyň günäsi meniň we atamyň öýünde bolsun! Munda şa hezretleriniň ýa öýüniň hiç hili günäsi ýokdur» diýdi. 10 Patyşa: «Biri bir zat diýäýse, ýanyma getir, gaýdyp adyňy tutmaz ýaly ederin» diýdi. 11 Aýal bolsa: «Patyşahym, onda Ýehowa Hudaýyňyzdan ant içiň, ýogsam gan algyly* garyndaşym+ oglumy öldürip, derdime dert goşar» diýdi. Şonda patyşa: «Ýehowa diri şaýatdyr+, ogluň saçynyň ýekeje tary hem gaçmaz» diýdi. 12 Aýal: «Rugsat berseňiz, gyrnagyňyz ýene bir zat aýtmakçy» diýdi. Patyşa: «Aýdyber!» diýdi.
13 Şonda aýal: «Patyşahym, siz ogluňyzy ýurtdan kowduňyz, indi hem yzyna getirmän+, ýaňky aýdanlaryňyza garşy gidýäňiz. Hudaýyň halkyny+ horlamak nämä gerek? 14 Suwuň ýere dökülip, siňip gidişi ýaly, biz hem dünýäden öter gideris. Hudaý hiç kimiň janyny alýan däldir, gaýtam kowlan bendäni yzyna getirmäge mümkinçilik gözleýändir. 15 Il-günden çekinip, derdimi patyşa aýtmaly boldum. Men: „Patyşa arzymy aýdaýyn, belki, gyrnagynyň haýyşyny bitirer. 16 Sözümi diňläp, meni we ýalňyz oglumy Hudaýyň mirasyndan mahrum etjek bolýanlardan halas eder“+ diýip pikir etdim. 17 „Patyşa ýüregime giňlik berer“ diýdim, sebäbi şa hezretleri hak Hudaýyň perişdesi ýaly, ýagşy-ýamany saýgaryp bilýändir. Patyşahym, goý, Ýehowa Hudaý sizi goldasyn!» diýdi.
18 Patyşa: «Bir zat soraýyn welin, dogryňy aýt» diýdi. Aýal: «Soraberiň, patyşahym!» diýdi. 19 Şonda ol: «Şu zatlary Ýowap aýtdyrýan-a däldir?»+ diýip sorady. Aýal bolsa: «Patyşahym, janyňyzdan ant içýärin, edil aýdyşyňyz ýaly, meni guluňyz Ýowap iberdi. Ol aýtmaly sözlerimi öwretdi. 20 Guluňyz Ýowap meselä başga tarapdan seretdirjek bolýar. Ýöne patyşahym hak Hudaýyň perişdesi ýaly paýhaslydyr, ýurtda bolýan ähli zatdan habarlydyr» diýip jogap berdi.
21 Soňra patyşa Ýowaba: «Goý, seniň diýeniň bolsun+. Git-de, oglum Abselimi getir»+ diýdi. 22 Ýowap dyza çöküp, tagzym etdi-de, patyşa alkyş okap: «Patyşahym, bu gün guluňyz göwnüňizden turup bildi, şa hezretleri gulunyň haýyşyny bitirdi» diýdi. 23 Soňra Ýowap Geşura+ gidip, Abselimi Iýerusalime alyp gaýtdy. 24 Ýöne patyşa: «Göni öýüne gitsin. Men onuň bilen görüşjek däl» diýdi. Abselim hem patyşanyň huzuryna barman, öýüne gitdi.
25 Tutuş Ysraýylda Abselim ýaly görmegeý ýigit ýokdy, depesinden dabanyna çenli onuň ýekeje-de kem ýeri ýokdy. 26 Ol her ýylyň ahyrynda saçyny gyrkdyrardy, sebäbi saçy kellesine agram salýardy. Gyrkylan saçyny köşgüň terezi daşynda* ölçänlerinde, 200 şekel* bolýardy. 27 Abselimiň üç ogly+ we Tamar atly owadan gyzy bardy.
28 Abselimiň Iýerusalime gelenine iki ýyl boldy, ýöne ol henizem kakasyny görmändi+. 29 Ol Ýowaby ýanyna çagyryp, patyşa bilen gepleşip bermegi haýyş etjek boldy, emma Ýowap gelmedi. Abselim ýene çagyrtdy, Ýowap şonda-da gelmedi. 30 Ahyry Abselim hyzmatkärlerine: «Meniň ekinimiň gapdalynda Ýowabyň arpaly meýdany bar. Gidiň-de, şony otlaň» diýdi. Olar hem Ýowabyň ekin meýdanyny otladylar. 31 Ýowap Abselimiň öýüne gelip: «Hyzmatkärleriň näme üçin ekinimi otlady?» diýdi. 32 Şonda Abselim: «Näçe çagyrsamam gelmediň. Seni patyşanyň ýanyna iberip: „Meni Geşurdan näme üçin getirtdiň?+ Şol ýerde galan bolsam gowy bolardy. Şa hezretleri didaryny görmäge rugsat etsin. Ýazygym bolsa-da, meni öldürsin“ diýdirjek boldum» diýdi.
33 Ýowap Abselimiň habaryny Dawut patyşa ýetirdi. Ol hem Abselimi çagyrdy. Abselim Dawut patyşanyň huzuryna gelende, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. Patyşa ogluny gujaklady*+.
15 Şondan soň Abselim özüne şa arabasyny ýasadyp, atlar bilen 50 sany nöker* edindi+. 2 Abselim her gün irden şäher derwezesine barýan ýoluň ugrunda durardy+. Biri patyşa arzyny aýtmaga gelse+, Abselim ony çagyryp: «Sen nireli?» diýip sorardy. Ol: «Guluňyz Ysraýylyň pylan taýpasyndan» diýende, 3 Abselim: «Dawada seniňki dogry eken, ýöne patyşanyň huzurynda arzyňy diňlejek adam ýok» diýerdi. 4 Soňra ol: «Wah, ýurda özüm kazylyk eden bolsam, arz-şikaýat bilen gelenleriň işini adalatly çözerdim» diýerdi.
5 Biri oňa tagzym etjek bolsa, Abselim ony saklardy-da, gujaklap ogşardy+. 6 Ol patyşa arzyny aýtmaga gelýän ysraýyllaryň ählisi bilen özüni şeýle alyp barardy. Şeýdip, Abselim kem-kemden halkyň göwnüni awlady*+.
7 Dört ýyldan soň*, Abselim Dawuda: «Hebrona+ gidip, Ýehowa beren wadamy berjaý edeýin. 8 Siriýanyň Geşur galasyndakam+: „Ýehowa meni yzyma Iýerusalime eltse, Ýehowa gurbanlyk bererin*“ diýip söz beripdim»+ diýdi. 9 Patyşa: «Sag-aman gidip gel» diýdi. Şeýdip, Abselim Hebrona gitdi.
10 Abselim Ysraýylyň ähli taýpasyna içaly ýollap: «Surnaý* çalnan badyna: „Abselim Hebronda+ patyşa boldy!“ diýip jar ediň» diýdi. 11 Iýerusalimden 200 adam Abselim bilen gitdi. Ýöne olar hiç zatdan habarsyz, ýagşy niýet bilen gidipdi. 12 Abselim gurbanlyklary berip, Dawudyň maslahatçysy+ Ahytopeli+ dogduk şäheri Gilodan+ çagyrmak üçin adam iberdi. Patyşanyň garşysyna gurnalýan dildüwşük gitdigiçe güýjeýärdi. Abselime goşulýanlaryň sany barha artýardy+.
13 Biraz wagtdan çapar gelip, Dawuda: «Ysraýyllar Abselimiň tarapyna geçdi» diýdi. 14 Şonda Dawut Iýerusalimdäki hyzmatkärlerine: «Ýörüň, gaçalyň+, ýogsam Abselimiň elinden diri sypmarys! Tizräk ýola düşmesek, ol yzymyzdan ýetip, bizi gyrar, şäherde gan çaýkar!»+ diýdi. 15 Olar: «Şa hezretleri näme diýse, şony hem ederis»+ diýdiler. 16 Patyşa tutuş maşgalasy bilen ýola düşdi, on gyrnagyny+ bolsa köşge seretmäge goýup gitdi. 17 Ol ýanyndaky adamlary bilen biraz ýöräp, Beýtmerakda* saklandy.
18 Şol ýerde patyşa hyzmatkärlerini, keretleri, peletleri+ we getlileri+, Getden+ yzyna düşüp gaýdan 600 adamy gözden geçirdi*. 19 Ol getli Yttaýy+ görüp: «Sen biz bilen gidip oturma. Gowusy, täze patyşanyň ýanynda gal. Şonsuzam ýurduňdan kowlup, gelmişek bolup ýörsüň. 20 Geleniň düýn dälmi, indi seni yzyma düşürip, sergezdan edeýinmi? Onsoňam, nirä barýanymy özümem bilemok. Adamlaryň bilen yzyňa dolan. Goý, Ýehowa saňa wepaly bolsun, senden söýgüsini* gaýgyrmasyn!»+ diýdi. 21 Emma Yttaý: «Biribar Ýehowadan we şa hezretleriniň janyndan ant içýärin, ölmeli bolsam-da, ýanyňdan aýrylmaryn!»+ diýip jogap berdi. 22 Şonda Dawut: «Ýör, onda» diýdi. Getli Yttaý+ adamlaryny we çagalaryny alyp, Dawut patyşa bilen jülgä tarap gitdi.
23 Patyşa bilen adamlar ýola düşende, tutuş Iýerusalim ilaty ses edip aglady. Dawut Kidron jülgesiniň+ golaýyna baryp durdy, adamlar bolsa çöle tarap ýöräp ugradylar. 24 Şol ýerde Sadyk+ ruhany we hak Hudaýyň äht sandygyny+ göterýän lewiler+ hem bardy. Olar hak Hudaýyň äht sandygyny ýerde goýdular. Abyýatar+ bolsa halk şäherden çykyp bolýança, garaşyp durdy. 25 Patyşa Sadyga: «Hak Hudaýyň äht sandygyny yzyna şähere äkit+. Eger Ýehowany razy edip bilsem, ol meni yzyma getirip, äht sandygy bilen mekanyny+ ýene-de görkezer. 26 Ýöne Hudaýy razy edip bilmesem, ol maňa näme etse-de kaýyldyryn» diýdi. 27 Soňra Dawut Sadyk ruhana: «Sen Hudaýyň welisi*+ ahyryn. Abyýatary, ogluň Ahymagasy we Abyýataryň ogly Ýonatany+ al-da, şähere dolan. Alla ýaryň bolsun! 28 Men bolsa sizden habar gelýänçä, çölüň golaýynda, derýanyň ýalpak ýerinde garaşaryn»+ diýdi. 29 Sadyk bilen Abyýatar hak Hudaýyň äht sandygyny Iýerusalime äkidip, şol ýerde galdylar.
30 Dawut aglap, başyny örtüp, Zeýtun dagyna+ aýakýalaňaç çykyp barýardy. Ýanyndakylaram başyny örtüp, aglap barýardy. 31 Dawuda: «Abselim+ bilen dil düwşenleriň+ arasynda Ahytopelem bar» diýip habar berdiler. Şonda ol: «Eý Ýehowa+, goý, Ahytopeliň maslahaty puja çyksyn!*»+ diýdi.
32 Dawut birwagtlar Hudaýa sežde edilen depä bardy. Şonda öňünden arhytlardan+ Huşaý+ çykdy. Ol ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowrupdy. 33 Dawut oňa: «Ýanymda gitseň-ä, maňa kän kömegiň degmez. 34 Gowusy, şähere dolan. Abselimiň ýanyna bar-da: „Patyşahym, men seniň sadyk guluň!+ Öň kakaňa hyzmat etdim, indi saňa hyzmat edeýin“ diý. Şonda Ahytopeliň maslahatyny puja çykaryp, maňa uly kömek edersiň+. 35 Ruhanylardan Sadyk bilen Abyýatar ýanyňda bolar. Köşkde näme gep-gürrüň bolsa, olara habar ber+. 36 Sadygyň ogly Ahymagas+ bilen Abyýataryň ogly Ýonatan+ hem şol ýerdedir. Eşiden zatlaryňy şolaryň üsti bilen maňa ýetirip dur» diýdi. 37 Şeýdip, Dawudyň dosty Huşaý+ Iýerusalime bardy. Şol wagt Abselim şähere girip gelýärdi.
16 Dawut depeden düşüp gelýärkä+, öňünden Mepiboşetiň+ hyzmatkäri Zyban+ çykdy. Ol iki eşege 200 çörek, 100 sany kişmişli külçe, 100 sany injirli we hurmaly külçe, uly küýze şerap ýükläp gelipdir+. 2 Patyşa: «Munça zady näme üçin getirdiň?» diýip sorady. Zyban: «Patyşahym, eşekler maşgalaňa ýolda gerek bolar. Çörekleri, ir-iýmişleri ýigitleriň iýer, şeraby bolsa çölde ysgyndan gaçanlar içer»+ diýip jogap berdi. 3 Şonda patyşa: «Hojaýynyň agtygy* nirede?»+ diýip sorady. Zyban: «Ol: „Ysraýyllar indi atamyň tagtyny maňa gaýtaryp berer“ diýip, Iýerusalimde galdy»+ diýdi. 4 Patyşa: «Mepiboşetiň bar zadyny saňa berýärin»+ diýdi. Zyban: «Öňüňizde baş egýärin, hökümdarym. Mundan beýlägem siziň göwnüňizden turaýyn»+ diýdi.
5 Dawut patyşa Bahurime ýetende, Şawulyň garyndaşy* Geranyň ogly Şimeý+ çykyp, Dawuda gargap başlady+. Ol gygyryp, 6 Dawuda, hyzmatkärlerine, nökerlerine we iki gapdalyndaky batyr ýigitlerine daş zyňýardy. 7 Ol Dawuda gargap: «Güm bol, ganhor, güm bol! Sen adam däl! 8 Şawulyň maşgalasynyň ganyna galyp, patyşalygy elinden alanyň üçin, Ýehowa saňa göz görkezýär. Ýehowa patyşalygyňy ogluň Abselime berýär. Sen ganhor bolanyň üçin şu güne düşdüň!»+ diýdi.
9 Şonda Seruýanyň ogly Abyşaý+ Dawuda: «Şa hezretlerine gargar ýaly+, ol it ogly kimmişin?+ Rugsat berseň, baryp, kellesini alaýyn»+ diýdi. 10 Emma patyşa: «Eý Seruýanyň ogullary, Şimeý bilen işiňiz bolmasyn+, goý, gargasyn+. Ýehowa oňa: „Dawuda garga!“ diýen bolsa+, hiç kim saklap bilmez» diýdi. 11 Soňra Dawut Abyşaýa we hyzmatkärlerine: «Bagrymdan önen oglum kastyma çykýarka+, benýaminlerden+ nämä garaşjak?! Degmäň, gargasa gargasyn, muny Ýehowa tabşyrandyr. 12 Belki, Ýehowa çekýän jebrimi görer+. Ýehowa onuň gargyşyny alkyşa öwrer»+ diýdi. 13 Dawut adamlary bilen ýoluny dowam etdi. Şimeý bolsa dagyň eňňidi bilen yzlaryndan galman, gargynyp+, daş bilen gum zyňyp barýardy.
14 Ahyry patyşa adamlary bilen barmaly ýerine ýetdi. Olar halys ýadap, dynç aldylar.
15 Şol wagt Abselim ysraýyllar bilen Iýerusalime gelipdi, ýanynda Ahytopelem+ bardy. 16 Dawudyň dosty arhytlardan+ Huşaý+ Abselimiň huzuryna baryp: «Ýaşasyn patyşa!+ Ýaşasyn patyşa!» diýdi. 17 Şonda Abselim: «Hany dostuňa wepadarlygyň?* Näme üçin onuň bilen gitmediň?» diýdi. 18 Huşaý: «Men Ýehowanyň, şu märekäniň we tutuş ysraýyl halkynyň saýlan adamynyň tarapynda. Seni taşlap, hiç ýere gitmerin. 19 Dostumyň ogluna hyzmat etmän, kime edeýin?! Kakaňa hyzmat edişim ýaly, saňa-da hyzmat ederin!»+ diýip jogap berdi.
20 Abselim Ahytopele: «Aýt hany, näme maslahat+ berýäň?» diýdi. 21 Ahytopel: «Kakaň gyrnaklaryny+ köşkde goýup gitdi, şolar bilen ýat+. Şonda bütin Ysraýyl kakaňa duşman bolandygyňy eşider, tarapdarlaryň hem has dogumlanar» diýdi. 22 Köşgüň üçeginde+ Abselim üçin çadyr dikdiler. Ol tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda+ kakasynyň gyrnaklary bilen ýatdy+.
23 Şol wagtlar Ahytopeliň maslahaty+ hak Hudaýdan gelen maslahat ýaly hasaplanardy. Dawudam, Abselimem Ahytopeliň berýän maslahatlaryny iki elläp kabul ederdi.
17 Ahytopel Abselime: «Rugsat berseň, 12 000 adamy saýlap, şu gije Dawudyň yzyndan ýeteýin. 2 Ol ýadap, ysgyndan gaçan mahaly+ üstüne çozup aljyradaryn. Ýoldaşlary gaçar welin, patyşany öldürerin+. 3 Adamlaryny bolsa ýanyňa getirerin. Patyşany öldürsek, ýoldaşlarynyň gitjek ýeri bolmaz. Şonda tutuş halk asuda ýaşar» diýdi. 4 Abselim hem, Ysraýyl ýaşululary hem muny makullady.
5 Emma Abselim: «Arhytlardan Huşaýy+ çagyryň. Ol näme diýýär? Ony hem diňläp göreli» diýdi. 6 Huşaý gelende, Abselim: «Ahytopel-ä şeýle maslahat berýär. Şonuň diýenini edäýelimi? Sen näme maslahat berýäň?» diýdi. 7 Huşaý Abselime: «Men-ä Ahytopeliň maslahatyny göwnejaý görmedim»+ diýdi.
8 Huşaý sözüni şeýle dowam etdi: «Bilýänsiň, kakaň bilen ýanyndakylar batyr adamlar+. Olar çagasyny aldyran aýy+ ýaly, gahar-gazaba münüp oturandyr*. Onsoňam, kakaň söweşe ökde adam+, ol gijäni düşelgede geçirmez. 9 Gowakda ýa başga ýerde gizlenendir+. Eger ol ilki hüjüm edäýse, muny eşidenler: „Abselimiň adamlary gyrlypdyr!“ diýerler. 10 Şonda arslan ýürek batyr ýigitlerem+ gorkudan ýaňa özüni ýitirer. Sebäbi tutuş Ysraýyl kakaň gaýduwsyzdygyny+, ýigitleriniň hem edermendigini bilýär. 11 Meniň maslahatym şeýle: Dandan Beýer-şeba+ çenli ysraýyllaryň baryny ýygna. Olar deňiz kenaryndaky çäge deý köp bolar+. Olary söweşe özüň alyp çyk. 12 Dawudy tapdygymyz, üstüne döküleris. Ýere düşýän çyg deý uly goşun bolup hüjüm ederis. Olaryň ýekejesini hem sypdyrmarys. Ne özi, ne-de ýoldaşlary diri galar. 13 Eger ol şähere gaçsa, ysraýyl esgerleri bilen şäheri weýran ederis. Şäherde daş üstünde daş goýman, göterip äkideris-de, jülgä taşlarys».
14 Abselim bilen ysraýyllar: «Arhytlardan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliňkiden gowy eken»+ diýişdiler. Aslynda, Ahytopeliň maslahaty gowudy, ýöne Ýehowa onuň maslahatyny puja çykarmak isleýärdi+. Ýehowa Abselimi heläk etjek bolýardy+.
15 Soňra Huşaý Sadyk bilen Abyýatar ruhana+: «Ahytopel Abselime we Ysraýyl ýaşulularyna şeýle maslahat berdi, men bolsa beýle maslahat berdim. 16 Haýal etmän Dawuda habar ýollaň. Ol gije çöldäki derýanyň boýunda* galman, beýleki tarapa geçsin. Ýogsam patyşa bilen adamlary heläk bolar»+ diýdi.
17 Ýonatan+ bilen Ahymagas+ En-rogelde+ galypdy. Olar hiç kime görünmejek bolup, şähere girmändiler. Bir hyzmatkär gyz gidip, ähli zady olara habar berdi. Olar hem Dawut patyşa duýdurmak üçin ýola düşdüler. 18 Emma bir ýigit olary görüp, Abselime ýetirdi. Ýonatan bilen Ahymagas dessine gaçyp, Bahurimde+ ýaşaýan bir adamyň öýüne bardylar, onuň howlusynda guýy bardy, olar şonuň içine girdiler. 19 Öý eýesiniň aýaly guýynyň agzyny ýapyp, üstüne ýarma* sepdi, muny hiç kim görmedi. 20 Abselimiň hyzmatkärleri gelip, aýaldan: «Ahymagas bilen Ýonatan nirede?» diýip soradylar. Ol: «Derýa tarap gitdiler» diýdi+. Emma hyzmatkärler olary tapman, Iýerusalime dolandylar.
21 Olar gidensoň, Ahymagas bilen Ýonatan guýudan çykdy. Olar Dawudyň ýanyna gidip: «Çaltrak derýadan geç, Ahytopel saňa garşy şeýle maslahat beripdir»+ diýip gürrüň berdiler. 22 Dawut bilen adamlary dessine Iordandan geçdiler. Daň atýança, olaryň ählisi derýadan geçdi.
23 Maslahatynyň diňlenmändigini gören Ahytopel bolsa eşegini gaňňalap, dogduk şäherine, öýüne gaýtdy+. Ol maşgalasyna wesýet etdi-de+, özüni asyp öldürdi+. Ahytopeli ata-babalarynyň mazarynda jaýladylar.
24 Dawut Mahanaýyma+ gitdi, Abselim bilen ysraýyllaram Iordandan geçdi. 25 Abselim Emasany+ Ýowabyň+ ýerine goşunbaşy belledi. Emasa ysraýyllardan Ýeteriň we Nahaş gyzy Abygaýylyň+ ogludy. Abygaýyl bolsa Ýowabyň ejesi Seruýanyň uýasydy. 26 Abselim bilen ysraýyllar Gileadda+ düşlediler.
27 Dawut Mahanaýyma baranda, ammonlaryň Rapa galasyndan+ Nahaşyň ogly Şoba, Lodebardan Emiýeliň ogly Mahyr+ we Rogelimden gileadly Barzylla+ 28 ýorgan-düşek, gap-gaç, küýze, bugdaý, arpa, un, gowurga*, noýba, merjimek, gyzardylyp gowrulan däne, 29 bal, ýag, goýun hem-de peýnir* getirdiler. Olar: «Adamlar çölde aç-suwsuz ysgyndan gaçandyr»+ diýip, olary Dawut bilen adamlaryna berdiler+.
18 Dawut esgerlerini sanap, ýüzbaşylary we müňbaşylary belledi+. 2 Ol esgerlerini üç topara bölüp, birinji topara Seruýanyň+ ogly Ýowaby+, ikinjisine dogany Abyşaýy+, üçünjisine bolsa getli Yttaýy+ ýolbaşçy edip goýdy. Patyşa: «Menem siz bilen söweşe gitjek» diýdi. 3 Emma olar: «Ýok, sen gal+, biz ýeňlip gaçsagam, deň ýarymyz gyrylsagam, duşmanyň biz bilen işi bolmaz, olara sen gerek. Sen 10 000 esgeriň ornuny tutýaň+. Gowusy, şäherde galyp, bize gerekli kömegi berip dur» diýdiler. 4 Dawut: «Goý, siziň diýeniňiz bolsun» diýdi. Esgerler ýüz-ýüzden, müň-müňden çykyp başlady. Patyşa şäher derwezesiniň ýanynda durdy. 5 Ol Ýowaba, Abyşaýa we Yttaýa: «Meniň hatyram üçin, oglum Abselime degmäň»+ diýip tabşyrdy. Patyşanyň serkerdelere Abselim hakda beren buýrugyny hemmeler eşitdi.
6 Esgerler ysraýyllara garşy söweşe çykdy. Uruş Efraýym tokaýynda+ boldy. 7 Dawudyň esgerleri ysraýyllary+ derbi-dagyn etdiler+. Şol gün uly gyrgynçylyk bolup, 20 000 adam öldi. 8 Söweş güýjäp, daş-töwerege ýaýrady. Şol gün tokaýda ölenleriň sany gylyçdan ölenlerden hem köp boldy.
9 Abselim gatyrly gaçyp barýarka, Dawudyň esgerlerine duşdy. Gatyr gür şahaly uly agajyň aşagyndan geçende, Abselimiň saçy şahalara ilişip, agaçdan asylyp galdy, gatyry bolsa gaçyp gitdi. 10 Biri muny görüp: «Abselim bir uly agaçdan sallanyp dur» diýip, Ýowaba+ habar berdi. 11 Ýowap oňa: «Gören bolsaň, näme üçin öldürmediň? Saňa on kümüş teňňe bilen bir guşak serpaý bererdim» diýdi. 12 Emma ol: «Maňa 1 000 kümüş teňňe berselerem, patyşanyň ogluna el galdyrmazdym. Şa hezretleri saňa, Abyşaýa hem Yttaýa: „Abselime degmäň“+ diýip buýruk berdi ahyryn. 13 Patyşanyň tabşyrygyny bozup, ogluny öldüren bolsam, ol muny iru-giç bilerdi. Sen bolsa meni patyşanyň gazabyndan halas etmezdiň» diýdi. 14 Ýowap: «Aý, beýdip seniň bilen gepleşip durmaga wagtym ýok!» diýdi-de, üç peýkam* alyp, uly agaçdan sallanyp duran Abselimiň ýanyna bardy. Ýowap peýkamlary heniz jany çykmadyk Abselimiň ýüreginden geçirdi. 15 Soňra Ýowabyň ýarag göterýän on nökeri gelip, Abselimi tä ölýänçä urdular+. 16 Ýowap surnaý* çalyp, söweşi saklady. Dawudyň esgerleri ysraýyllary kowalamagy bes etdiler. 17 Olar Abselimiň jesedini tokaýdaky uly çukura taşlap, üstüne daş üýşürdiler+. Ysraýyllar bolsa öýlerine gaçyp gitdiler.
18 Abselim dirikä: «Adymy ýöretjek oglum ýok»+ diýip, Şa jülgesinde+ bir sütün goýduryp, öz adyny dakypdy. Şoňa henizem Abselimiň ýadygärligi diýilýär.
19 Sadygyň ogly Ahymagas+ Ýowaba: «Rugsat berseň, gidip, patyşa buşlaýyn. Ýehowa ony duşmanlaryndan halas edip, adalaty dikeltdi»+ diýdi. 20 Emma Ýowap: «Ýok, sen habar berme, bu gün patyşanyň ogly öldi+. Sen başga bir gün habarçy bolarsyň» diýdi. 21 Ýowap kuşly bir adama+: «Bar, gören zatlaryňy patyşa aýt» diýdi. Ol Ýowaba tagzym edip, ylgap gitdi. 22 Sadygyň ogly Ahymagas ýene-de Ýowaba: «Näme bolsa, şo bolsun, menem kuşlynyň yzyndan galmaýyn» diýdi. Ýowap: «Oglum, yzyndan gidip näme etjek? Buşlara zadyňam-a ýok» diýdi. 23 Emma ol şonda-da: «Näme bolsa-da, meni goýber, gidäýin» diýip özelendi. Şonda Ýowap: «Bar, git!» diýdi. Ahymagas Iordan düzlüginden geçýän ýoldan ylgap, kuşly adamy ozup geçdi.
24 Dawut şäheriň iki derwezesiniň+ arasynda otyrdy. Garawul+ derwezäniň ýokarsyna çykyp, bir adamyň ylgap gelýänini gördi-de, 25 patyşa habar berdi. Patyşa: «Ýeke bolsa, habarçydyr» diýdi. Ýaňky adam golaýlap gelýärkä, 26 garawul ýene biriniň gelýänini gördi. Garawul derwezebana: «Seret, ýene biri gelýär!» diýip gygyrdy. Şonda patyşa: «Ol hem habarçydyr» diýdi. 27 Garawul: «Öňden gelýäniň ylgaýşy Sadygyň ogly Ahymagasa+ meňzeýär» diýdi. Şonda patyşa: «Ol gowy adam, gowy habaram getirer» diýdi. 28 Ahymagas ylgap gelşine: «Buşluk!» diýip gygyrdy. Ol ýüzüni ýere berip, tagzym etdi-de: «Hökümdarym, Ýehowa Hudaýa şöhrat bolsun! Ol duşmanlaryňy* boýun egdirdi»+ diýdi.
29 Patyşa: «Oglum Abselime hiç zat bolan däldir-ä?» diýip sorady. Ahymagas: «Ýowap meni bir hyzmatkäriňiz bilen iberdi, şonda bir galmagal-a bardy, ýöne näme bolanyny bilemok»+ diýip jogap berdi. 30 Patyşa oňa: «Hany, bir gyra çekil» diýdi. Ol gyra çekildi.
31 Soňra kuşly adam gelip+: «Şa hezretlerine habar getirdim. Bu gün Ýehowa sizi duşmanlaryňyzdan halas edip, adalaty dikeltdi»+ diýdi. 32 Patyşa: «Oglum Abselime hiç zat bolan däldir-ä?» diýip sorady. Kuşly adam: «Şa hezretleriniň duşmanlary, size garşy çykanlaryň ählisi şol ýigidiň gününe düşsün!»+ diýdi.
33 Muny eşidip, patyşanyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Ol derwezäniň üstündäki otaga çykdy-da, iki ýana ýöräp: «Wah, oglum Abselim, jan balam Abselim! Seniň ýeriňe men ölsem bolmaýarmy, oglum Abselim, jan oglum!»+ diýip aglady.
19 Ýowaba: «Patyşa Abselimiň ýasyny tutup+, aglap otyr» diýip habar berdiler. 2 Tutuş goşun patyşanyň ogly üçin hasrat çekýänini eşitdi. Şol günki ýeňiş ýasa öwrüldi. 3 Esgerler hem söweşden ýeňlip gaýdan ýaly, ýüzlerini sallap, şähere sessiz-üýnsüz girdiler+. 4 Patyşa ýüzüni ýapyp: «Oglum Abselim, jan balam, wah, oglum Abselim!» diýip, ses edip aglaýardy+.
5 Ýowap Dawut patyşanyň ýanyna baryp: «Nökerleriň seni, ogul-gyzyňy+, aýallaryňy, gyrnaklaryňy+ ölümden halas etdi. Sen bolsa olaryň ýüzüni ýere saldyň. 6 Sen özüňi ýigrenýänleri gowy görüp, gowy görýänleri ýigrenýäň. Sen serkerdeleriňi, nökerleriňi hiç zatça-da görmeýän ekeniň. Onda barymyz gyrlyp, diňe Abselim diri galan bolsa gowy boljak eken-dä! 7 Tur-da, daşaryk çykyp, nökerleriňe göwünlik ber. Gitmeseň, Ýehowadan ant içýärin, agşama çenli ýanyňda hiç kim galmaz. Şonda başyňa düşjek zatlar şu çaka çenli gören görgüleriňden hem beter bolar» diýdi. 8 Patyşa turup gitdi-de, şäher derwezesinde oturdy. Halka: «Patyşa derwezäniň agzynda otyr» diýip jar çekdiler. Bütin halk patyşanyň öňüne ýygnandy.
Söweşde ýeňlen ysraýyllar öýlerine gaçyp gidipdi+. 9 Ysraýyl taýpalary öz aralarynda dawalaşyp: «Patyşa bizi duşmanlardan halas etdi+, piliştlileriň elinden gutardy. Ýöne ol Abselim sebäpli ýurtdan gaçyp gitmeli boldy+. 10 Abselimi patyşa+ belledik, ol bolsa uruşda öldi+. Indi näme üçin Dawut patyşany yzyna getirmän, el gowşuryp otyrys?» diýişdiler.
11 Dawut patyşa Sadyk+ bilen Abyýatar+ ruhana habar ýollap: «Ýahuda+ ýaşulularyna: „Ysraýyllaryň arasynda bolýan gep-gürrüňler patyşanyň gulagyna baryp ýetdi. Patyşany köşge başga taýpalaryň äkiderine garaşýaňyzmy? 12 Biz ganybir dogan* ahyryn. Patyşany näme üçin yzyna getirjek bolaňyzok?“ diýiň. 13 Emasa+ bolsa şeýle diýiň: „Ikimiz ganybir dogan. Eger seni Ýowabyň+ ýerine goşunbaşy bellemesem, goý, Hudaý maňa has beterini görkezsin!“» diýdi.
14 Şeýdip, Dawut Ýahuda halkynyň ýüregini awlady. Olar patyşa habar ýollap: «Hyzmatkärleriň bilen yzyňa dolan» diýdiler.
15 Patyşa ýola düşüp, Iordana ýetdi. Ýahudalar Dawudy garşylamaga we Iordan derýasyndan geçirmäge Gilgala+ geldiler. 16 Benýaminlerden bahurimli Gera ogly Şimeý+ Dawut patyşany garşylamaga howlugýardy. Ol ýahudalara goşulyp gaýdypdy, 17 ýanynda benýaminlerden 1 000 adam bardy. Şawulyň öýünde hyzmat eden Zyban+ hem 15 ogly, 20 hyzmatkäri bilen patyşadan öň Iordan derýasyna barmak üçin gyssanyp gaýdypdy. 18 Ol* patyşanyň maşgalasyny derýadan geçirmek we hyzmatynda durmak üçin, derýanyň ýalpak ýerinden geçdi. Dawut Iordandan geçjek bolup durka, Geranyň ogly Şimeý ýüzüni ýere berip, tagzym etdi-de: 19 «Patyşahym, günämi geç. Iýerusalimden gaýdan günüň saňa ýamanlyk edipdim+. Ýalbarýaryn, guluňy bagyşla. Şa hezretleri aýdanlarymy göwnüne almasyn, 20 guluň günäsini boýun alýar. Şu günem şa hezretlerini garşylamaga Ýusubyň hojalygyndan ilkinji bolup men geldim» diýdi.
21 Seruýanyň+ ogly Abyşaý+: «Ýehowanyň saýlanyna gargany üçin+ Şimeýi öldürmeli!» diýdi. 22 Emma Dawut: «Eý Seruýanyň ogullary+, näme, meniň işime goşulyp, garşyma gitjek bolýaňyzmy? Munuň ýaly gün Ysraýylda adam öldürip bolmaz. Men bu gün ýene-de Ysraýyla patyşa boldum» diýdi. 23 Soňra ol Şimeýe: «Sen ölmersiň» diýip ant içdi+.
24 Şawulyň agtygy Mepiboşet+ hem patyşany garşylamaga geldi. Ol patyşanyň giden gününden bäri aýaklaryny-da, egin-eşiklerini-de ýuwmandy, sakgal-murtuny-da almandy. 25 Ol Dawudy garşylamak üçin Iýerusalime* gelende, patyşa: «Mepiboşet, näme üçin meniň bilen gitmediň?» diýdi. 26 Şonda ol: «Hökümdarym, men-ä bir agsak+. Hyzmatkärime: „Eşegimi gaňňala, patyşa bilen gideýin“ diýdim. Ol bolsa meni aldap gitdi+. 27 Meni şa hezretlerine-de ýamanlap, töhmet atypdyr+, ýöne patyşahym hak Hudaýyň perişdesi ýalydyr. Indi näme etseňem, hakyň bar. 28 Aslynda, şa hezretleri atamyň hojalygyny bütinleý gyryp hem bilerdi. Sen bolsa guluňa şa saçagynyň başyndan ýer berdiň+. Şu zatlardan soň, heý-de, arz-şikaýat edip bilerinmi?» diýdi.
29 Patyşa: «Hany, şu gürrüňi goýaly-la. Sen mülküňi Zyban bilen paýlaşmaly bolarsyň+, men eýýäm buýruk berdim» diýdi. 30 Şonda Mepiboşet: «Patyşahym, Zyban şol mülki tutuşlygyna alaýsyn. Maňa şa hezretleriniň sag-aman öýüne dolanyp geleni-de ýetikdir» diýdi.
31 Rogelimden gileadly Barzylla+ hem patyşany Iordandan geçirmäge geldi. 32 Ol 80 ýaşly garry adamdy we juda baýdy. Patyşa Mahanaýymda wagty Barzylla oňa iýer-içer ýaly zat eltipdi+. 33 Dawut Barzylla: «Ýör, Iýerusalime gideli, seni saçagymyň başynda oturdaýyn»+ diýdi. 34 Emma Barzylla: «Wah, meniň bir aýagym görde*, patyşa bilen Iýerusalime gidip oturmaýyn. 35 Indi 80 ýaşapdyryn+, agy-garany saýgaramok, iýip-içýän zadymyň tagamyny bilemok. Oglan-gyzlaryň aýdymyny diňlärden gulagymam agyrlaşypdyr+. Men şa hezretlerine ýük bolmaýyn. 36 Patyşahymy Iordana çenli ugratmak hem meniň üçin uly bagt! Mundan artyk sylag gerek däl. 37 Guluňa öýüne gaýtmaga rugsat et, ömrümiň galanja günlerini öz şäherimde geçireýin. Meni ene-atamyň ýanynda jaýlasynlar+. Patyşahym, maňa derek guluň Kimhamy äkidäý+. Näme ýagşylyk edesiň gelse, şoňa edäý» diýdi.
38 Şonda patyşa: «Bolýar, Kimhamy äkidip, oňa näme ýagşylyk et diýseň ederin» diýdi. 39 Adamlar Iordandan geçip başlady. Patyşa derýadan geçmänkä, Barzyllany gujaklap*+, ýagşy dilegler etdi. Soňra Barzylla öýüne gaýtdy. 40 Patyşa bolsa derýadan geçip, Gilgala+ tarap ýola düşdi, ýanynda Kimham, ýahudalar we ysraýyllaryň ýarysy bardy+.
41 Soňra beýleki ysraýyllar patyşanyň ýanyna gelip: «Ýahudalar näme üçin bize aýtman, patyşany, maşgalasyny we adamlaryny Iordandan geçiripdir?»+ diýdiler. 42 Ýahudalar bolsa: «Patyşa biziň garyndaşymyz+, näme gaharlanýaňyz? Muny patyşadan bir zat tamakin bolup ýa serpaý aljak bolup edendiris öýdýäňizmi?» diýdiler.
43 Emma ysraýyllar ýahudalara: «Biz on taýpa, şonuň üçin Dawudy alyp gaýtmaga hakymyz siziňkiden uly. Bizi näme üçin äsgermezlik etdiňiz? Aslynda, patyşany biz alyp gaýtmalydyk» diýdiler. Olar näçe dawalaşsalar-da, ýahudalar ysraýyllardan üstün çykdy*.
20 Şol ýerde Şeba atly başbozar* adam+ bardy. Ol benýaminlerden Bikriniň ogludy. Şeba surnaý* çalyp+: «Ýessäniň ogly Dawutda paýymyzam, mirasymyzam ýokdur+. Eý ysraýyllar, her kes öz taňrysyna* dolansyn!»+ diýip gygyrdy. 2 Şonda ysraýyllar Dawudy taşlap, Bikriniň ogly Şebanyň yzyna düşdüler+. Ýahudalar bolsa Dawut patyşanyň ýanyndan aýrylman, Iordandan Iýerusalime gaýtdylar+.
3 Dawut Iýerusalimdäki köşgüne+ geldi. Ol köşkde goýup giden on gyrnagyny+ bir jaýa salyp, daşynda garawul goýdy. Dawut olaryň iýjek-içjegini ýetirip durdy, emma olara ýanaşmady*+. Olar ömrüniň ahyryna çenli garawully jaýda saklanyp, äri diri bolsa-da, dul ýaly ýaşadylar.
4 Dawut patyşa Emasa+: «Üç günüň içinde ýahudalary ýanyma ýygna, özüňem şu ýerde bol» diýdi. 5 Emasa ýahudalary ýygnamaga gitdi, ýöne aýdylan wagtda gelmedi. 6 Dawut Abyşaýa+: «Bikriniň ogly Şeba+ bizi Abselimden hem beter güne salar+. Gala girip, elimizden sypmanka, hyzmatkärleri* al-da, Şebany tutup gel» diýdi. 7 Ýowabyň+ esgerleri, keretler bilen peletler*+ we batyr ýigitler ýola düşdi. Olar Iýerusalimden çykyp, Bikriniň ogly Şebanyň yzyndan gitdiler. 8 Gibgonda+ duran uly daşa ýetenlerinde, öňlerinden Emasa+ çykdy. Ýowap söweş ýaraglaryny dakynypdy, bilinde gylyjy bardy. Ol Emasa tarap ýöräp, gylyjyny gaçyrdy.
9 Ýowap Emasa: «Dogan, gowumy ýagdaýlaryň?» diýdi. Ýowap ony öpjek ýaly edip, sag elini Emasanyň sakgalyna ýetirdi*. 10 Emasa Ýowabyň gylyjyny eline alanyna ünsem bermedi. Ýowap bolsa gylyjyny Emasanyň içinden geçirdi+. Emasanyň içegeleri ýere dökülip gitdi. Ýowap ony bir uranda öldürdi, gylyjyny ikinji gezek sokmaly bolmady. Soňra ol dogany Abyşaý bilen Bikri ogly Şebanyň yzyndan gitdi.
11 Ýowabyň ýigitleriniň biri Emasanyň ýanynda durup: «Kim Ýowabyň tarapynda bolsa, Dawuda wepaly bolsa, Ýowapdan galmasyn!» diýip gygyrdy. 12 Emasa ýoluň ortarasynda gara gan bolup ýatyrdy. Adamlar jesediň deňinde saklanýardy. Şonda ýaňky ýigit Emasany çete süýredi-de, üstüne eşik ýapdy. 13 Jesedi ýoldan aýyrdylar welin, hemmeler Ýowabyň yzyna düşüp, Bikri ogly Şebany+ kowalamaga gitdi.
14 Şeba Ysraýyl taýpalaryna aýlanyp, ahyry Abyl-beýtmagaga+ geldi. Bikriler hem jemlenişip, yzyndan şähere girdiler.
15 Ýowap adamlary bilen gelip, Şebany tutmak üçin Abyl-beýtmagagy gabady. Olar şäheriň daşyna aýlanyp duran berkitmäniň öňünde gabaw depesini galdyrdylar. Soňra şäheriň diwaryny ýykmak üçin düýbüni gazyp başladylar. 16 Şonda bir paýhasly aýal diwardan: «Gulak asyň, adamlar! Ýowaby çagyryp beräýiň, aýtjak zadym bar» diýip gygyrdy. 17 Ýowap gelende, ýaňky aýal: «Sen Ýowapmy?» diýip sorady. Ol: «Hawa» diýip jogap berdi. Şonda aýal: «Gyrnagyň iki agyz sözüni diňle» diýdi. Ýowap: «Aýdyber, gulagym sende» diýdi. 18 Aýal: «Köneler: „Abyl şäherine geňeşiň“ diýipdirler, şonda işiňiz çözüler. 19 Men Ysraýylyň parahatlyk söýüji hem wepaly adamlarynyň adyndan gepleýärin. Sen Ysraýylyň enesi hasaplanýan şäheri weýran etjek bolýaň. Ýehowanyň mirasyny*+ näme üçin ýok etjek?» diýdi. 20 Ýowap: «Men şäheri weýran etjek bolamok. 21 Başga zat üçin geldim. Efraýym daglygyndan+ Bikriniň ogly Şeba+ gaçyp, şäheriňize girdi. Ol Dawut patyşa garşy gozgalaň turzup ýör. Şony elime berseňiz, yza çekileýin» diýdi. Aýal hem: «Gepleşdik, onda kellesini diwardan oklarys» diýdi.
22 Ýaňky aýal gidip, şäherdäki adamlar bilen gepleşdi. Olar Bikriniň ogly Şebanyň kellesini kesip, Ýowaba zyňdylar. Şonda Ýowap surnaý* çaldy, esgerler yza çekilip, öýli-öýüne gaýtdy+. Ýowap bolsa patyşanyň ýanyna Iýerusalime dolandy.
23 Ýowap Ysraýylyň goşunbaşysydy+, Ýehoýadanyň+ ogly Binaýa+ keretler bilen peletleriň*+ baştutanydy. 24 Adoram+ agyr işde işleýänlere gözegçilik edýärdi. Ahylutyň ogly Ýehoşapat+ mürzedi*. 25 Şewa kätipdi, Sadyk+ bilen Abyýatar+ ruhanydy. 26 Ýaýyrlardan Yrak hem Dawudyň serkerdesi* bolupdy.
21 Dawudyň döwründe üç ýyllap açlyk boldy+. Dawut Ýehowa ýüz tutanda, Ýehowa oňa: «Şawul öý-içerisi bilen gibgonlylaryň ganyna galdy»+ diýdi. 2 Şonda Dawut gibgonlylary+ çagyryp gepleşdi. Gibgonlylar ysraýyl halkyndan däldi, olar diri galan amorlardy+. Ysraýyllar olary öldürmejekdigine ant içipdi+. Emma Şawul gibgonlylary Ysraýyl we Ýahuda halkynyň arasynda ýaşatmak islemän, hemmesini gyrjak boldy. 3 Dawut gibgonlylara: «Aýdyň, siz üçin näme edeýin? Siz Ýehowanyň mirasyna* ak pata berer ýaly, günämizi nädip ýuwaýyn?» diýdi. 4 Olar: «Şawulyň we öý-içerisiniň eden ýamanlygy üçin, bize altyn-kümüş gerek däl+. Ysraýyllardan birini öldürmäge-de hakymyz ýok» diýip jogap berdiler. Dawut: «Onda aýdyň, islän zadyňyzy ederin» diýdi. 5 Olar hem: «Bizi Ysraýyldan ýok etjek bolan adamyň+ 6 ýedi ogluny elimize ber. Olary öldürip, jesedini Ýehowanyň saýlan patyşasy Şawulyň+ şäheri Gibeýada+, Ýehowanyň huzurynda asyp goýaly»+ diýdiler. Patyşa: «Olary eliňize bererin» diýdi.
7 Dawut Şawulyň ogly Ýonatan bilen Ýehowanyň öňünde äht baglaşypdy, şonuň üçin Şawulyň agtygy, Ýonatanyň+ ogly Mepiboşete+ rehim etdi. 8 Dawut patyşa Aýahyň gyzy Rispanyň+ Şawula dogrup beren iki ogly Armon bilen Mepiboşeti we Şawulyň gyzy Mihalyň*+ meholaly Barzyllanyň ogly Adryýele+ dogrup beren bäş ogluny alyp, 9 gibgonlylara berdi. Gibgonlylaram olary öldürip, dagda Ýehowanyň huzurynda asyp goýdular+. Şeýdip, olaryň ýedisi-de bir günde öldi. Olar hasyl ýygymynyň, arpa oragynyň başynda öldürilipdi. 10 Aýahyň gyzy Rispa+ gaýada aşagyna jul mata düşendi-de, jesetleri gündizine guşlardan, gijesine ýyrtyjy haýwanlardan gorady. Ol hasyl ýygymynyň başyndan tä ýagyş ýagýança, şol ýerde boldy.
11 Şawulyň gyrnagy, Aýahyň gyzy Rispanyň eden zatlaryny Dawuda habar berdiler. 12 Dawut Ýabeş-gileada+ baryp, baştutanlardan* Şawul bilen ogly Ýonatanyň süňklerini aldy. Piliştliler Şawuly öldürip, ogly ikisiniň jesedini Gilbowadaky+ Beýtşan meýdançasynda* asypdylar. Ýabeş-gileadlylar bolsa olary ogrynça alyp gaýdypdylar. 13 Dawut Şawulyň we ogly Ýonatanyň süňklerini getirip, ýaňky öldürilenleriň hem süňklerini+ ýygnatdy. 14 Şawul bilen ogly Ýonatanyň süňklerini Benýamin topragyndaky Zelada+, kakasy Kişiň+ mazarynda jaýladylar. Halk patyşanyň ähli buýrugyny ýerine ýetirdi, şondan soň Hudaý olaryň topragy üçin edýän ahy-nalasyny eşitdi+.
15 Piliştliler bilen ysraýyllaryň arasynda ýene-de uruş turdy+. Dawut esgerleri bilen piliştlilere gaýtawul berdi. Ol halys ysgyndan gaçypdy, 16 şonda Refaýimiň+ neslinden Işpibenop Dawudy öldürjek boldy. Işpibenobyň mis naýzasynyň agramy 300 şekeldi*+, gylyjy hem täzedi. 17 Seruýanyň ogly Abyşaý+ Dawuda kömege ýetişip+, piliştlini öldürdi. Şondan soň Dawudyň nökerleri: «Indiden beýläk seni söweşe äkitmeris!+ Ysraýylyň şamçyragyny söndürip bilmeris!*»+ diýip ant içdiler.
18 Soňra piliştliler bilen Gobda söweş boldy+. Şol söweşde huşaly Sibekaý+ Refaýimiň+ neslinden Saby öldürdi.
19 Gobda piliştliler bilen ýene-de söweş boldy+. Şonda beýtullahamly Ýagaroregimiň ogly Alhanan getli Jaluty öldürdi. Jalutyň naýzasynyň sapy dokma agajy ýalydy+.
20 Get galasynda ýene uruş turdy. Şol ýerde bir äpet adam bardy, onuň elleri-de, aýaklary-da 6 barmaklydy, jemi 24 barmagy bardy. Ol hem Refaýimiň neslindendi+. 21 Ol ysraýyllaryň üstünden gülýärdi+. Emma Dawudyň dogany Şimeýiň+ ogly Ýonatan ony öldürdi.
22 Olaryň dördüsi-de getli Refaýimiň neslindendi. Olar Dawut bilen nökerleriniň elinden öldi+.
22 Ýehowa Dawudy ähli duşmanlaryndan+ we Şawuldan halas eden güni+, ol Ýehowanyň şanyna 2 şeýle aýdym aýtdy:
«Ýehowa penam, galam+, dadyma ýetişýän Hudaýym+.
4 Ýehowa alkyşa mynasypdyr,
Çagyrsam, duşmanlardan halas eder.
7 Agyr dert içinde Ýehowany çagyrdym+,
Kömek sorap, Hudaýyma ýalbardym.
Ybadathanasyndan sesimi eşitdi,
Perýadym gulagyna ýetdi+.
11 Kerubyň*+ üstünde uçup geldi,
12 Tümlügi çadyr kimin bürendi+,
Aňyrsy görünmeýän gara buluda orandy.
13 Huzuryndaky nurdan közler tutaşdy.
17 Ol ýokardan elini uzadyp, meni tutdy,
Ummanyň içinden çekip çykardy+.
19 Agyr günümde garşyma çykdylar+,
Emma Ýehowa daýanjym boldy.
22 Ýehowanyň ýolundan sowulmadym,
Hudaýymy terk edip, günä etmedim.
26 Wepaly adama senem wepalysyň+,
Dogruçyl adam bilen senem dogruçylsyň*+.
27 Akýürekli adama ýagşylyk edýärsiň+,
Mekir adam seni aldap bilmez+.
30 Seniň kömegiň bilen galtamanlara garşy çykaryn,
Hudaýyň güýji bilen diwardan aşyp geçerin+.
Hudaý pena gözleýänlere galkandyr+.
32 Ýehowadan başga Hudaý barmy?+
Arkadagymyz ýeke-täk Hudaýdyr!+
34 Aýagymy keýigiňki deý çalasyn edýär,
Depelerde duruzýar+.
35 Ellerime söweşmegi öwredýär,
Gollarym mis ýaýy egreldýär.
37 Ýolumy arassaladyň, indi aýagym taýmaz+.
38 Duşmanlarymy kowalap, derbi-dagyn ederin,
Ählisini gyrýançam, yza çekilmerin.
42 Olar kömek sorar, ýardam beren tapylmaz,
Ýehowany çagyrar, olara jogap bermez+.
43 Olary tozan ýaly kül-owram ederin,
Palçyk kimin basgylap mynjyradaryn.
44 Halkymyň töhmetinden halas edersiň+,
45 Keseki halklar öňümde baş egerler+.
Şöhratymy eşidip, tabyn bolarlar.
46 Ýat halklar güýçden gaçarlar,
Galasyndan titreşip çykarlar.
47 Ýehowa Biribardyr! Arkadagyma şöhrat bolsun!+
Halasgär Hudaýyma alkyş bolsun!+
23 Dawut sözüni jemläp, şeýle diýdi+:
«Ýakubyň Hudaýynyň saýlany+,
Ysraýylyň şirin owazly aýdymçysy+,
Hudaýyň beýgelden adamy+,
Ýesse ogly Dawut+ sözleýär.
„Patyşa adyl bolsa+,
Hudaýdan gorkup höküm sürse+,
4 Patyşalygy meňzär daň şapagyna+,
Gök asmanyň Gün şöhlesine.
Ýagmyrdan soň ýalkym saçar,
Gök otlary janlandyrar“+.
5 Patyşalygym* Hudaýyň öňünde şeýledir.
Baglaşan ähti ebedilikdir+,
Birkemsiz, bozulmaz ähtdir.
Ähtdedir gutulyşym, göwün şadym,
Heý-de, ol beren sözünden dänermi?!+
6 Erbetler tikenek kimindir+,
Ählisi kesilip taşlanar,
El bilen tutup bolmaz.
7 Demir ýa naýza almasaň,
Elläp bolmaz, diňe otlaýmak galar».
8 Dawudyň gaýduwsyz esgerleri+ şulardyr: tahakmonlardan Ýoşepbaşbet üç batyr ýigidiň başydy+. Bir gezek Ýoşepbaşbet naýzasy bilen 800 esgeri öldürdi. 9 Üç batyr ýigidiň ikinjisi Dodonyň+ ogly, Ahohyň agtygy Algazardy+. Piliştliler ysraýyllar bilen söweşende, Dawudyň üç gaýduwsyz esgeri olara garşy çykypdy. Algazar şolaryň biridi. Ysraýyllar yza çekilse-de, 10 ol yza çekilmän, gylyçly eli güýçden gaçýança, piliştlileri gyrdy+. Şol gün Ýehowa uly ýeňiş berdi+. Gaçan esgerler hem yzyna dolanyp, öldürilenleri taladylar.
11 Üç batyr ýigidiň üçünjisi hararly Ageýiň ogly Şammaýdy. Bir gezek piliştliler Lehide ýygnandylar. Şol ýerde merjimek ekilen meýdan bardy. Ysraýyl esgerleri olardan gaçyp başladylar. 12 Emma Şammaý ekini piliştlilere bermejek bolup, ekiniň ortasynda durdy-da, piliştlileri gyrdy. Şeýdip, Ýehowa halkyna uly ýeňiş berdi+.
13 Orak döwri 30 serkerdäniň üçüsi Adullam+ gowagyna, Dawudyň ýanyna bardy. Şol wagt piliştliler Refaýim jülgesinde+ düşelge gurupdy. 14 Dawut gowakda bolup ýördi+, Beýtullahamda bolsa piliştlileriň sakçylary bardy. 15 Bir gün Dawut: «Wah, Beýtullahamyň guýusyndan suw içäýsem!» diýdi. 16 Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesinden geçip, Beýtullaham derwezesiniň ýanyndaky guýudan Dawuda suw getirip berdiler. Emma Dawut suwy içmän, Ýehowanyň öňünde ýere dökdi+. 17 Ol: «Ýehowa, men muny içip bilmerin! Janyndan geçip* giden adamlaryň ganyny içeýinmi?»+ diýip, suwy içmedi. Dawudyň üç batyr ýigidi şeýle edermenlik görkezipdi.
18 Seruýanyň ogly+, Ýowabyň dogany Abyşaý+ başga üç gaýduwsyz ýigidiň başydy. Bir gezek ol naýzasy bilen 300 esgeri öldürdi. Abyşaýyň üç batyr ýigidiňki ýaly abraýy bardy+. 19 Abyşaý beýleki üç batyr ýigitden has meşhur bolup, olara baştutanlyk etse-de, başdaky üç batyr ýigidiň derejesine ýetip bilmändi.
20 Ýehoýadanyň ogly Binaýa+ batyr adamdy. Ol Kabzeýelde+ köp edermenlik görkezdi we mowaplardan Arygeliň iki ogluny öldürdi. Gar ýagan güni suwly çukura girip, ýolbarsy öldürdi+. 21 Ol äpet müsürlini hem öldürdi. Müsürliniň elinde naýzasy bardy, Binaýa bolsa taýakly çykdy. Ol müsürliniň naýzasyny elinden gaňryp alyp, ony şol naýza bilen öldürdi. 22 Ýehoýadanyň ogly Binaýa şeýle edermenlikleri görkezipdi, abraýy başdaky üç batyr ýigidiňkiden kem däldi. 23 Ol otuz ýigitden saýlanyp dursa-da, beýleki üç batyr ýigidiň derejesine ýetip bilmändi. Emma Dawut şonda-da Binaýany garawullaryň baştutany edip belledi.
24 Otuz esgeriň arasynda Ýowabyň dogany Asahel+ hem bardy. Batyr esgerler şulardyr: beýtullahamly Dodonyň ogly Alhanan+, 25 harotly Şammaý bilen Elika, 26 peletli Heles+, tekoýaly Ikeşiň ogly Yrak+, 27 anatotly+ Abygezer+, huşaly Mebunaý, 28 ahohlardan Zalmon, netopaly Mahraý+, 29 netopaly Baganaýyň ogly Helap, benýaminleriň Gibeýa galasyndan Ribaýyň ogly Yttaý, 30 piratonly Binaýa+, Gagaş jülgesinden*+ Hyddaý, 31 arbaly Abygalbon, barhumitli Azmawet, 32 şegalbimli Alyýahba, Ýaşeniň ogullary, Ýonatan, 33 hararly Şammaý bilen Şararyň ogly Ahyýam, 34 magakatlylardan bir adamyň ogly Ahaşbaýyň ogly Alypelet, giloly Ahytopeliň+ ogly Alyýam, 35 karmelli Hezra, arably Pagaraý, 36 sobaly Natanyň ogly Ygal, gadlardan Bany, 37 ammonlardan Zelek, beýerotly Naharaý, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýarag göterýän nökeri, 38 itralardan+ Yrak bilen Garep we 39 hetlerden Uryýa+, jemi 37 sanydy.
24 Biri gelip, Dawuda: «Ysraýyl bilen Ýahuda halkyny+ sanap çyk»+ diýip öjükdirdi. Şonda Ýehowanyň Ysraýyla ýene-de gahary geldi+. 2 Dawut goşunbaşysy Ýowaba+: «Men halkyň sanyny biljek. Dandan Beýer-şeba+ çenli Ysraýyl taýpalaryna aýlanyp, ilat ýazuwyny geçiriň» diýdi. 3 Emma Ýowap: «Goý, Ýehowa Hudaý halkyny 100 esse köpeltsin! Şa hezretleri-de muny gözi bilen görsün. Patyşahym, halky sanamak nämä gerek?» diýdi.
4 Emma patyşa Ýowaby-da, serkerdeleri-de diňlemek islemedi. Ýowap serkerdeler bilen patyşanyň huzuryndan çykyp, Ysraýylda ilat ýazuwyny geçirmäge gitdi+. 5 Olar Iordandan geçip, Arogerde+ düşlediler, ol jülgäniň ortasyndaky şäheriň günortasynda* ýerleşýärdi. Soňra Gada we Ýazere+ bardylar. 6 Ol ýerden Gileada+, soňra Tahtym-hoş topragyna we Dan-ýegana gitdiler, soňam Sidona+ aýlandylar. 7 Soňra Tir galasyna+, hiwileriň+ we kenganlaryň şäherlerine aýlanyp çykdylar. Ahyry Ýahudadaky Negepde+ ýerleşýän Beýer-şeba+ bardylar. 8 Olar 9 aý 20 günde tutuş ýurdy aýlanyp, Iýerusalime geldiler. 9 Ýowap halkyň sanyny patyşa habar berdi. Ysraýyllardan söweşe ukyply 800 000 esger, ýahudalardan 500 000 esger çykdy+.
10 Emma ilat ýazuwyny geçirensoň, Dawudyň ynsaby* ezýet berip başlady+. Ol Ýehowa: «Men agyr günä etdim+. Ýehowa, ýalbarýaryn, günämi geç+, akmaklyk etdim»+ diýdi. 11 Ertesi irden Ýehowa Dawudyň görgüri* Gad pygambere+ şeýle diýdi: 12 «Git-de, Dawuda: „Ýehowa şu üç jezadan birini saýla diýýär“+ diý». 13 Gad pygamber Dawudyň ýanyna baryp: «Şu üç jezanyň birini saýla: ýurduňa ýedi ýyl açlyk düşsünmi?+ Ýa üç aý duşmanlaryňdan gaçyp gezjekmi?+ Ýa-da ýurduňda üç gün mergi keseli bolsunmy?+ Gowy oýlan-da, meni iberen Biribara näme diýmelidigimi aýt» diýdi. 14 Şonda Dawut: «Wah, agyr derde galdym. Ynsanyň eline düşenden+, gowusy, Ýehowanyň eline düşeli+, sebäbi ol rehim-şepagatlydyr»+ diýdi.
15 Ýehowa şol gün irdenden tä aýdylan wagta çenli ysraýyllary mergi keseline duçar etdi+. Şonda Dandan Beýer-şeba+ çenli 70 000 adam heläk boldy+. 16 Perişde Iýerusalim ilatyny gyrmak üçin elini uzadanda, Ýehowa betbagtçylyga gynanyp*+, halky gyryp ýören perişdä: «Besdir, eliňi çek!» diýdi. Şol wagt Ýehowanyň perişdesi ýabuslardan+ Arunanyň harmanyna+ ýetipdi.
17 Dawut halky gyryp ýören perişdäni görende, Ýehowa ýüzlenip: «Günä edenem, erbetlik edenem men. Görgüli halk*+ näme etdi? Ýalbarýaryn, olardan eliňi çekip, maňa we atamyň öýüne jeza ber»+ diýdi.
18 Şol gün Gad pygamber Dawudyň ýanyna gelip: «Git-de, ýabuslardan Arunanyň harmanynda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny* gur»+ diýdi. 19 Dawut Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asyp, Gad pygamberiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. 20 Dawut patyşanyň hyzmatkärleri bilen gelýänini gören Aruna ylgap çykdy-da, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. 21 Ol: «Şa hezretleri gulunyň ýanyna näme üçin geldikä?» diýip sorady. Dawut: «Halkyň başyndan gyrgynçylyk aýrylar ýaly+ harmanyňy satyn alyp, Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurmaga geldim» diýdi. 22 Emma Aruna: «Patyşahym, harmany saňa mugt bereýin. Islän zadyňy gurban ber. Ine ýakma gurbanlygy üçin öküz, odun üçin harman döwülýän tagta bilen boýuntyrygam bar. 23 Men* olary şa hezretlerine berýärin» diýdi. Soňra ol: «Goý, Ýehowa saňa ak pata bersin!» diýdi.
24 Emma Dawut: «Ýok, men satyn aljak. Mugt düşen zady Ýehowa Hudaýyma ýakma gurbanlygy edip berip bilmerin» diýdi. Ol harmany we öküzleri 50 şekel* kümşe satyn aldy+. 25 Dawut şol harmanda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurup+, ýakma we parahatlyk gurbanlyklary hödürledi. Şondan soň Ýehowa halkyň ýurt üçin edýän ahy-nalasyny eşitdi+. Ysraýylda gyrgynçylyk togtady.
Sözme-söz: gyrmyzy mata.
Ýa-da: wepaly söýgi bildiripsiňiz.
Ýa-da: wepaly söýgüsini.
Manysy: Çakmakdaşdan ýasalan pyçaklar meýdany.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Başga manysy: Bitronyň.
Ýa-da: aýaly.
Ýa-da: wepaly söýgimi bildirdim.
Maýyp-müjrüp bolup, aýal-gyzlaryň el hünäri bilen meşgullanýan erkekler göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: mis.
Ýa-da: ýas çöregini; teselli çöregini.
Ýa-da: ysgyn-mydary galmady.
Sözme-söz: öz süýegiňden we teniňden.
Ýagny ýerasty suwlardan peýdalanmak üçin gazylan guýular.
Başga manysy: Ol oňa Dawudyň şäheri diýip at goýdy.
Sözme-söz: baýyrdan. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.
Manysy: Derbi-dagyn edýänleriň Hojaýyny.
Sözme-söz: baka agaçlarynyň. Nähili agaçdygy anyk belli däl.
Başga manysy: arasynda.
Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.
Sözme-söz: gaharlandy.
Manysy: Uza garşy gazap.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: ýüreginde ýigrenip başlady.
Kak edilen hurma göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: dynçlyk berýärdi.
Sözme-söz: Ýehowa saňa öý gurjakdygyny.
Sözme-söz: tohumyňy.
Başga manysy: Adam atanyň nesliniň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Bu ynsan ogullary üçin kanundyr.
Ýa-da: niýetiňe.
Sözme-söz: Saňa öý guraryn.
Ýa-da: batyrgaýlyk.
1Tr 18:8-de Tibhat.
1Tr 18:9, 10-da Tohut.
Sözme-söz: mukaddes etdi.
Ýa-da: patyşanyň ýazgylaryny ýöredýän emeldardy.
Dawudyň nökerleri göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: ruhany.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirerdim.
Ýa-da: Hudaýyň wepaly söýgüsini bildireýin.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirerin.
Ýa-da: üns berer.
Başga manysy: meniň saçagymdan.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirişi.
Ýa-da: toplylardan.
Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýar.
Ýagny ýaz pasly.
1Tr 3:5-de Emiýel.
Aýbaşysyndan arassalanýan döwri göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ser 6:32-de Ýerubagal, ýagny Gedeýon.
Degirmeniň ýokarky daşy göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: Dawudyň eden işi Ýehowanyň nazarynda erbetlikdi.
Urkaçy mal göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: gündiziň günortany.
Sözme-söz: öýüne.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýewreý sözünden gelip çykyp, «Parahatlyk» diýmegi aňladýar.
Manysy: Ýahyň eý görýäni.
Sözme-söz: suwlar şäherini.
Sözme-söz: oňa meniň adymy dakarlar.
Ammonlaryň taňrysy göz öňünde tutulýan bolmaly. Molek ýa-da Milkom hem diýilýär.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: durmuşa çykmadyk.
Sözme-söz: ýürek şekilli külçe.
Ýagny nesli dowam etdirjek soňky perzendi öldürmek.
Ýa-da: ar alýan.
Köşgüň agyrlyk ölçegi göz öňünde tutulýan bolmaly. Köşk şekeliniň agramy adaty şekelden tapawutlanýardy.
Takmynan 2,3 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: ogşady.
Sözme-söz: öňünden ylgar ýaly 50 adam. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: ýüregini ogurlady.
Başga manysy: 40 ýyldan soň. Dawudyň mukaddes ýag bilen bellenen ýylyndan hasaplanýan bolmaly. 1Şm 16:13-e serediň.
Ýa-da: sežde ederin.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Manysy: Çetdäki öý.
Ýa-da: öňünden geçirdi.
Ýa-da: wepaly söýgüsini.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: akmaklyk hasaplansyn!
Sözme-söz: ogly.
Ýa-da: hojalygyndan.
Ýa-da: wepaly söýgiň?
Ýa-da: ýüregi ýaralydyr.
Başga manysy: düzlükde.
Ýa-da: döwlen däne.
Ýa-da: gowrulan bugdaý.
Ýa-da: gurt.
Başga manysy: kiçi naýza.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: saňa el galdyranlary.
Sözme-söz: Siz meniň öz süýegimden we tenimden.
Başga manysy: Olar.
Başga manysy: Iýerusalimden.
Ýa-da: näçe wagt ýaşajagym belli däl.
Sözme-söz: ogşap.
Ýa-da: gödegräk boldy.
Ýa-da: dereksiz; bolgusyz.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Başga manysy: çadyryna.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: hojaýynyň hyzmatkärlerini.
Dawudyň nökerleri göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: sakgalyndan tutdy.
Ýa-da: halkyny.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Dawudyň nökerleri göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: patyşanyň ýazgylaryny ýöredýän emeldardy.
Sözme-söz: ruhanysy.
Ýa-da: halkyna.
Başga manysy: Meýrabyň.
Başga manysy: ýer eýelerinden.
Sözlüge serediň.
Takmynan 3,42 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: Ysraýyl patyşasynyň ölmegine ýol bermeris!
Sözme-söz: gutulyş şahym. Sözlüge serediň: Şah.
Ýa-da: howpsuz galam.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Perişdäniň.
Ýa-da: Şemalyň.
Ýa-da: howpsuz ýere.
Ýa-da: Päk adam päkligiňi görer.
Ýa-da: otdan geçirilip arassalanandyr.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Öýüm; hojalygym.
Ýa-da: Ölümini boýnuna alyp.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: sag tarapynda.
Sözme-söz: ýüregi.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ökünip.
Sözme-söz: Goýunlar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Aruna.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.