«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
MART 2—8
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 22, 23
«Hudaý Ybraýymy synady»
Hudaý näme üçin Ybraýyma ogly Yshagy gurban bermegi tabşyrdy?
Ýehowa Ybraýyma: «Janyňdan eziz görýän ýalňyz ogluň Yshagy al-da... ogluňy maňa gurban ber» diýdi (1 Musa 22:2). Görşümiz ýaly, Ýehowa «söýgüli ogluň» diýdi. Ýehowa Ybraýymyň ogly Yshagy näderejede gowy görýändigini bilýärdi. Hudaý hem ogly Isa Mesihi güýçli söýýärdi. Isa ýer ýüzündekä, Ýehowa gökden iki gezek: «Sen meniň söýgüli Oglum» diýip, söýýändigini subut etdi (Markus 1:11; 9:7).
Ýehowa Ybraýyma ogluny gurban bermegi aýdanda buýruk beriji äheňde aýtmady. Mukaddes Kitaby öwrenýän alymyň aýtmagyna görä, Hudaý «haýyş» sözüni soraýan zadynyň nähili gymmatlydygyny görkezmek üçin ulanypdyr. Göz öňüne getiriň, Ýehowanyň beren tabşyrygy Ybraýyma nähili agyr degendir. Ýehowa üçin hem söýgüli ogluny gurban berip, onuň hasrat çekip ölşüne seredip durmaklyk nähili kyn bolandyr. Ýehowa beýle agyryny öň hiç wagt duýup görmändi we mundan beýlägem duýup görmez.
Ýöne Ybraýym pygamber ogluny gurban berjek bolanda Ýehowa ony saklady. Hudaý Ybraýymyň oglunyň ölümini görüp, çekjek gaýgy-hasratynyň öňüni aldy; Yshagyň öldürilmegine ýol bermedi. Ýöne Ýehowa «biziň üçin... Ogluny ölüme tabşyrdy» (Rimliler 8:32). Ýehowa näme üçin Ogluny gurban berdikä? Sebäbi ol şeýdip biziň ýaşaýşymyza ýol açdy (1 Ýahýa 4:9). Ýehowa bizi dogurdanam güýçli söýýär! Bizem Ýehowa Hudaýymyza şeýle söýgini görkezmeli dälmi?!
Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetişini görmek üçin gulak asyň
6 Wadalaryny ýerine ýetirjekdigine günäli adamlary ynandyrmak üçin Ýehowa Hudaý hem ant içipdir. Mysal üçin, Ýehowa: «Öz barlygymdan ant içýärin... Muny Hökmürowan Reb aýdýar» diýen ýaly sözleri ulanypdyr (Ezek. 17:16). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň 40-dan gowrak ant içendigi aýdylýar. Şolardan Ybraýym bilen bagly wakany has gowy bilýän bolsaň gerek. Ýehowa ençeme ýyllaryň dowamynda Ybraýym bilen birnäçe sapar äht baglaşdy. Ybraýym şol ähtlerden wada edilen Nesliň Yshakdan gelip çykjakdygyny bilýär (Gel. çyk. 12:1—3, 7; 13:14—17; 15:5, 18; 21:12). Soňra Ýehowa Ybraýymy agyr synagdan geçirýär. Ol Ybraýyma söýgüli ogluny gurban bermegi tabşyrýar. Ybraýym derrew gulak asyp, ogluny gurban berjek bolup durka, ony Hudaýyň perişdesi saklaýar. Şonda Hudaý şeýle ant içýär: «Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin, Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar. Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar» (Gel. çyk. 22:1—3, 9—12, 15—18).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Ýehowa oňa «dostum» diýdi
Ybraýym ýany bilen barýan hyzmatkärlerine şeýle diýipdi: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» (Gel. çyk. 22:5). Ol nämäni göz öňünde tutdy? Ybraýym pygamber ogly Yshagy gurban bermelidigini bilse-de, Yshak bilen yzymyza dolanarys diýip, hyzmatkärlerine ýalan sözledimi? Ýok. Mukaddes Ýazgylarda onuň şol wagt näme hakda pikir edendigi beýan edilýär (Ýewreýler 11:19-y okaň). Ybraýym «Hudaý oglumy ölümden direldip biler — diýip pikir etdi». Hawa, Ybraýym direlişiň boljakdygyna ynanýardy. Sebäbi ol aýaly Sara bilen gartaşan çaglarynda Ýehowanyň täsin gudratyny görüpdi (Ýew. 11:11, 12, 18). Ybraýym pygamber Ýehowanyň ähli zady başarýandygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol ýalňyz ogly ölse-de, Ýehowanyň beren wadalaryny berjaý etmek üçin, Yshagy direltjekdigine ynanýardy. Ine şol sebäpli-de oňa «iman eden ähli... adamlaryň atasy» diýilýär.
it «Öňden görüjilik»
Öňden görüjilik
Hudaý öňden görüjilik ukybyny belli bir ýagdaýlarda ulanýar. Hudaý bu ukybyny özi barada açmak isleýän hakykatyna görä ulanýar hem-de muny edende adyl kada-kanunlary boýunça hereket edýär. Mukaddes Kitapda Ýehowa Hudaýyň ilki ýagdaýy doly bilip, soň şoňa görä karar çykarýandygy aýdylýar.
1 Musa 11:5—8-nji aýatlarda Hudaý ýer ýüzüni synlanda, Wawilonda bolýan zatlary gördi; ol özüne garşy giden adamlaryň başlan gurluşygyny tamamlamaga ýol bermedi. Sodom we Gomorra şäherleri zalymlykdan dolanda, Ýehowa Ybraýyma (perişdeleriniň üsti bilen) gelen karary hakda aýtdy. Şonda Ýehowa şeýle diýdi: «Gidip, ähli zadyň anygyna ýeteýin. Dogrudanam, olar agyr günä edýärmikä?» (1Ms 18:20—22; 19:1). Ýehowa Ybraýymy «gowy tanaýardy». Soňra ogly Yshagy gurbanlyk berjek bolanda, Alla oňa: «Seniň Hudaýdan gorkýan adamdygyňa doly göz ýetirdim. Sebäbi ogluňy, ýalňyz perzendiňi menden gaýgyrmadyň» diýdi (1Ms 18:19; 22:11, 12; deňeşdiriň: Neh 9:7, 8; Gal 4:9).
it «Dogruçyl hasaplamak»
Ybraýym pygamber näme üçin Isa Mesihiň ölüminden öň hem dogruçyl hasaplandy?
Ybraýym pygamber iş ýüzünde görkezen berk imany üçin «dogruçyl hasaplandy» (Rim 4:20—22). Elbetde, bu Isadan öň ýaşan Ybraýym we Hudaýyň beýleki wepaly gullukçylarynyň kämildigini, günäsizdigini aňlatmaýar. Ýöne olar wada edilen «nesliň» geljekdigine ynananýardy hem-de Hudaýyň kada-kanunlaryny ýerine ýetirmek üçin jan edendikleri sebäpli hudaýsyz adamlar ýaly Ýehowanyň öňünde günäli hasaplanylmaýardylar (1Ms 3:15; Zeb 119:2, 3). Hudaýdan daşlaşan adamlardan tapawutlylykda, Ýehowa wepaly gullukçylaryny söýýändigi üçin olary günäsiz hasaplaýardy (Zeb 32:1, 2; Ef 2:12). Şol sebäpli Hudaý bikämil gullukçylarynyň berk imany üçin ak pata berýärdi; ýöne şol bir wagtyň özünde Ýehowa Hudaý öz adalatly kada-kanunlary boýunça hereket edýärdi (Zeb 36:10). Emma wepaly gullukçylar günäsinden azat bolmalydygyna düşünýärdiler we munuň üçin Hudaýyň berjek töleg gurbanyna garaşýardylar (Zeb 49:7—9; Ýew 9:26).
Mart 9—15
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 24
«Yshak üçin gelinlik»
wp16.3 sah. 14, abz. 3
«Hawa, gitjek»
Ybraýym ogly Yshagyň kengan gyzlaryna öýlenmegini islemeýärdi; şol sebäpli ol Alygezer hyzmatkärine olardan ogluma gelinlik alyp berme diýip ant içirýär. Näme üçin? Sebäbi kenganlylar Ýehowa Hudaýa hormat goýmaýardylar we oňa sežde etmeýärdiler. Ybraýym Ýehowanyň öz niýetlän wagtynda kenganlylary erbet işleri üçin jezalandyrjakdygyny bilýärdi. Şonuň üçinem Ybraýym söýgüli oglunyň şol halk bilen gatnaşyp, olaryň erbet ýolundan gitmegini islemedi. Şeýle-de Ybraýym ogly Yshagyň Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetmeginde wajyp orny eýeleýändigini bilýärdi (1 Musa 15:16; 17:19; 24:2—4).
wp16.3 sah. 14, abz. 4
«Hawa, gitjek»
Alygezer Haranyň golaýyndaky guýynyň ýanyna baranda Ýehowa doga etdi. Ol Yshak üçin gelinlik saýlar ýaly, Ýehowadan kömek sorady. Ol nähili dileg etdi? Alygezer Ýehowanyň Yshak üçin saýlan gyzynyň guýynyň başyna gelmegini sorady. Şeýle-de gyz diňe bir özüne suw bermän, eýsem düýelerini-de suwa ýakmalydy (1 Musa 24:12—14). Bu gyz Rebeka bolup çykdy. Göz öňüne getiriň, Alygezer bolan wakany Rebekanyň maşgalasyna aýdyp berende, ol nähili tolgunandyr!
wp16.3 sah. 14, abz. 6, 7
«Hawa, gitjek»
Mundan birnäçe hepde öň Alygezer Ybraýymdan: «Gyz bärik geljek däl diýse näme?» diýip sorapdy. Şonda Ybraýym oňa: «Içen antyňdan azat bolarsyň» diýdi (1 Musa 24:39, 41). Betuweliň öýünde gyz maşgalanyňam pikiri göz öňünde tutulýardy. Alygezer hojaýynynyň tabşyrygyny ýerine ýetirendigine begenip, Rebeka bilen ertir irden ýola düşüp, tizräk Kengana barmak isleýändigini aýtdy. Ýöne Rebekanyň maşgalasy gyzynyň 10 gün ýanlarynda galmagyny islediler. Olar şeýle karara gelip: «Hany, gyzy çagyryp, özünden hem sorap göreli» diýdiler (1 Musa 24:57).
Ine şu ýerde Rebekanyň durmuşy bütinleý üýtgemelidi. Ol näme diýerkä? Rebeka ýat ýere goýbermäň diýip kakasy bilen doganyna ýalbararmyka? Ýa-da Ýehowa tarapyn bolup geçýän bu waka özüniň gatnaşýandygyny uly hormat hasaplarmyka? Rebeka duýdansyz, hatda durmuşyny bütinleý üýtgetjek ýagdaýa nähili gararka? Muny onuň jogabyndan bilse bolýar. Ol: «Hawa, gitjek» diýip jogap berdi (1 Musa 24:58).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
wp16.3 sah. 12, 13
«Hawa, gitjek»
Bir gezek öýlän Rebeka küýzelerini suwdan dolduryp, gitjek bolup durka, onuň ýanyna bir ýaşuly gelýär. Ýaşuly pespällik we sypaýyçylyk bilen oňa: «Gyzym, küýzäňden bir owurt suw içäýin» diýdi. Rebeka ýaşulynyň uzak ýoly söküp gelýändigini görüpdi. Rebeka haýal etmän egnindäki küýzesini düşürip, ýaşula bir owurt suw däl-de, guýudan ýaňy alnan sowujak suwdan berdi. Şeýle-de aňyrrakda 10 sany düýäniň ýatandygyny we suwa ýakylmandygyny gördi. Rebeka nätanyş ýaşulynyň özüni ünsli synlaýandygyny gören bolmaly we jomartlygyny hasam görkezmek isledi. Şonda ol: «Indi guýudan suw çekip, düýeleriňizi hem suwa ýakaýyn» diýdi (1 Musa 24:17—19).
Rebeka 10 düýä diňe bir suw bermän, eýsem, olar doly doýýança suwa ýakdy. Adatça, bir düýe gaty suwsasa, 100 litre golaý suw içýär. Eger 10 düýäniň hemmesi-de suwsan bolsa, Rebeka birnäçe sagadyň dowamynda suw daşamaly bolardy. Ýöne düýeler onçakly suwsamadyk bolmaly. Rebeka olaryň suwsamandygyny bilýärdimi? Ýok. Ýöne ol näme bolaýanda-da, nätanyş ýaşula myhmansöýerlik görkezmek üçin yhlasly işledi. Ýaşuly onuň teklibini kabul etdi. Rebeka guýudan gaýta-gaýta suw çekip, düýeleriň hemmesini suwa ýakyp ýörkä, ýaşuly ony ünsli synlap oturdy (1 Musa 24:20, 21).
wp16.3 sah. 13, çykgyt.
«Hawa, gitjek»
Eýýäm garaňkyrap ugrapdy. Mukaddes Kitapda Rebekanyň birnäçe sagadyň dowamynda düýeleri suwa ýakandygy hakda hiç zat aýdylmaýar. Şeýle-de Rebeka öýüne gelende, maşgalasynyň ýatandygy we köp wagt eglenendigi üçin yzyndan kimdir biriniň gelendigi hakda-da gürrüň berilmeýär.
wp16.3 sah. 15, abz. 3
«Hawa, gitjek»
Makalanyň başynda aýdylan günem gelip ýetdi. Agşamara kerwen Negebiň töweregine ýetende, Rebeka meýdanda aýlanyp ýörän bir adamy gördi. Ol oý-pikire batyp, bir zadyň aladasyny edýän ýaly görünýärdi. Rebeka ony gören badyna düýeden düşdi. Mümkin, şonda düýe aşak eňilip ýetişenem däldir. Rebeka Ybraýymyň hyzmatkärinden: «Öňümizden gelýän kim?» diýip sorady. Rebeka ol adamyň Yshakdygyny bilip, derrew başyny örtdi (1 Musa 24:62—65). Näme üçin? Öňler geljekki ýanýoldaşyna hormat goýýandygyny görkezmek üçin başyny örtýärdiler. Şu günler bu adat könelişen hasaplansa-da, Rebekanyň kiçigöwünliliginden är-aýallar köp zat öwrenip bilerler. Sebäbi bu ajaýyp häsiýet hemmäni-de bezeýär.
Mart 16—22
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 25, 26
«Ysaw nowbaharlyk hakyny satdy»
it «Ýakup»
Ýakup
Yshagyň söýgüli ogly Ysaw gödek, rahat durmuşy gowy görmeýärdi. Ol hemişe awçylyk ederdi. Ysawdan tapawutlylykda, Ýakup ýuwaş (ýewreýçe tam) hem öýdeçidi. Ýakubyň durmuşy asuda hem rahatdy we ol goýun bakýardy. Ol hojalyk işlerine jogapkärli seredýärdi. Şonuň üçin ony ejesi gowy görýärdi (1Ms 25:27, 28). Ýewreýçe «tam» sözi Mukaddes Kitapda Hudaýyň gowy görýän adamlaryna degişli ulanylýar. Meselem, «ganhor bigünäni ýigrense-de», Ýehowanyň «ýazyksyz adama... parahat ömür sürjekdigine» ynandyrýandygy aýdylýar (Nak 29:10; Zb 37:37). Aýypsyzlygyny saklan Eýýup «halal we Hudaýa wepaly (ýewreýçe tam)» adamdy (Eýp 1:1, 8; 2:3).
Näme üçin minnetdarlyk bildirmeli?
Gynansak-da, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan adamlaryň käbiri minnetdarlyk bildirmedi. Mysal üçin, Esaw Ýehowany söýýän we Oňa çuňňur hormat goýýan ene-atanyň elinde ulalsa-da, mukaddes zatlaryň gadyryny bilmedi (Ýewreýler 12:16-ny okaň). Onuň gadyr bilmez bolandygy nämeden görünýär? Esaw açlygyna çydap bilmän, nowbaharlyk hakyny bir tabak aşa satýar (Gel. çyk. 25:30—34). Soňra ol eden işine gaty ökünýär. Emma ol özündäki bar zadyň gadyryny bilmedi. Şonuň üçin nowbahar ogla berilýän ak patanyň özüne berilmändigine nägile bolmaga haky ýokdy.
it «Nowbahar»
Nowbahar
Gadym döwürden bäri nowbahar çaga maşgalada aýratyn orun berilýärdi we kakasynyň ölüminden soň ol maşgalanyň başy bolmalydy. Nowbahar çaga kakasynyň mirasyndan iki esse paý berilýärdi (5Ms 21:17). Ýusup saçak başynda doganlaryny oturdanda-da, ilki Rubene ýer berdi (1Ms 43:33). Ýöne Mukaddes Kitapda doganlaryň ady sanalanda, nowbaharlaryň ady hemişe birinji tutulmaýar. Köplenç nowbaharyň däl-de, Hudaýdan gorkýan we has uly orun tutýanyň ady ilkinji agzalýar (1Ms 6:10; 1Tr 1:28; deňeşdiriň: 1Ms 11:26, 32; 12:4; serediň: NOWBAHARLYK HAKY; MIRAS).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Okyjylaryň sowallary
Geliň, ýene-de Ýewreýler 12:16-daky sözlere üns bereliň. Onda: «Araňyzda ahlaksyzlyk edýän we nowbaharlyk hakyndan ýüz öwrüp, ony bir tabak nahara çalşan Esaw ýaly mukaddes zatlary hapalaýan adam bolmasyn» diýilýär. Biz mundan näme öwrenýäris?
Pawlus resul Mesihiň nesil şejeresi hakda gürrüň etmeýär. Ol mesihçileri «dogry ýoldan ýöremäge» çagyrýar. Olar ahlaksyz işlerden el çekmelidiler, «ýogsam Hudaýyň merhemetinden mahrum bolardylar» (Ýew. 12:12—16). Eger olar ahlaksyzlyk etmegini dowam etseler, Esaw ýaly bolardylar. Esaw ten höweslerine özüni aldyryp, «mukaddes zatlary hapalapdy».
Esaw ysraýyl halkynyň ata-babasy Ybraýymyň döwründe ýaşapdy; ol hatda mal gurbanlaryny getirmek hormatyna hem eýe bolupdy (Gel. çyk. 8:20, 21; 12:7, 8; Eýp. 1:4, 5). Emma ten höwesine berlip, Esaw ähli alan bereketlerini bir tabak çorba çalyşdy. Ol Ybraýymyň nesliniň görgi görjekdigi baradaky pygamberligi bilýärdi. Mümkin, Esaw şondan gaçjak bolandyr (Gel. çyk. 15:13). Şeýle-de ol özge milletden iki aýala öýlenip, ene-atasyny gynandyrdy we mukaddes zatlary gymmat saýman, dünýä mahsus bolan garaýşy görkezdi (Gel. çyk. 26:34, 35). Ol hak Hudaýa sežde edýän aýala öýlenen Ýakupdan düýbünden tapawutlanýardy (Gel. çyk. 28:6, 7; 29:10—12, 18).
it «Ýalan»
Ýalan
Erbet niýet bilen aýdylan ýalan söz Mukaddes Kitapda ýazgarylýar. Emma bu başga biriniň bilmeli däl zadyny aýtmaga borçludygyňy aňlatmaýar. Şol sebäpli Isa Mesih şeýle maslahat berdi: «Mukaddes zady itlere bermäň, merjen monjuklary doňuzlaryň öňüne taşlamaň, ýogsam olary depeläp, soňra size-de topulaýmasynlar» (Mat 7:6). Şonuň üçin Isa howply ýagdaýyň boljakdygyny aňsa, hemme zady doly aýtmaýardy ýa-da berlen soraglara göni jogap bermeýärdi (Mat 15:1—6; 21:23—27; Ýah 7:3—10). Ybraýym, Yshak, Rahaw, Alyşa pygamber hem Hudaýa gulluk etmeýän adamlara ýalňyş maglumat berdiler ýa-da hemme zady doly aýtmadylar (1Ms 12:10—19; 1Ms 20-nji bap; 26:1—10; Ýuş 2:1—6; Ýak 2:25; 2Pa 6:11—23).
Mart 23—29
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 27, 28
«Ýakup hak-hukukly ak patany aldy»
w04 15/4 sah. 11, abz. 4, 5
Rebeka — Hudaýdan gorkýan zenan
Mukaddes Kitapda Ysawyň Ýakuba gulluk etjekdigi barada Yshagyň bilendigi hakda hiç zat aýdylmaýar. Nähili bolaýanda-da, Rebeka bilen Ýakup ak patanyň kime beriljegini bilýärdiler. Ysaw kakasyna awlanan haýwanyň etinden nahar bişirip getirende, Yshagyň ony patalajakdygyny eşiden Rebeka derrew hereket edip başlaýar. Rebeka ýaş wagtyndaky ýaly häzirem dogumlydy. Ol Ýakuba iki sany owlak getirmegi tabşyrdy we äriniň gowy görýän naharyny bişirdi. Soňra Ýakup kakasynyň ýanyna Ysaw hökmünde barmalydy. Ýakup muňa garşy boldy. Sebäbi Yshagyň muny bilip Ýakuby gargamagy mümkindi. Rebeka: «Goý, şol gargyş maňa siňsin, oglum» diýdi. Şeýdip ol nahary bişirip, Ýakuba Ysawyň eşiklerini geýdirip, Yshagyň ýanyna ugratdy (1 Musa 27:1—17).
Mukaddes Kitapda Rebekanyň näme üçin şeýle hereket edendigi düşündirilmeýär. Köp adamlar Rebekany ýazgarsalar-da, Mukaddes Kitapda Hudaýyň ony ýazgarandygy hakda hiç zat aýdylmaýar. Yshak-da ak patany Ýakuba berendigini bilende Rebekany ýazgarmaýar. Tersine, ol Ýakuby ýene-de patalaýar (1 Musa 27:29; 28:3, 4). Rebeka ogullary baradaky pygamberligi bilýärdi. Şonuň üçinem Rebeka Ýakubyň ak patany almaga haklydygyny bilip, oňa kömek etmek üçin aýgytly ädimleri ädýär. Ak patany Ysawyň däl-de, Ýakubyň almagyny Ýehowa isledi (Rimliler 9:6—13).
Okyjylaryň sowallary
Mukaddes Kitapda Rebeka bilen Ýakubyň näme üçin beýle hereket edendigi barada hiç zat aýdylmaýar, ýöne bu waka garaşylmadyk ýagdaýda bolup geçdi. Näme bolaýanda-da, Hudaýyň Sözünde olaryň bu eden hereketi ýazgarylmaýaram, aklanmaýaram. Şonuň üçin ýalan sözlemek we aldamak bolýar diýsek nädogry bolar. Emma Mukaddes Kitapda bu waka şeýle düşündirilýär.
Birinjiden, Ysawyň däl-de, Ýakubyň ak pata almaga doly hukugy bardy. Mundan biraz wagt öň Ýakup ruhy zatlary gymmat saýmaýan ekiz taýy Ysawdan nowbaharlyk hakyny bir tabak çorba satyn alypdy. Ysaw «nowbaharlyk hakynyň» gadyryny bilmedi (1 Musa 25:29—34). Şeýdip, Ýakup doly hak-hukugy bolan ak patany almak üçin kakasynyň ýanyna geldi.
it «Ak pata»
Ak pata
Ysraýyllaryň döwründe kakasy ölmänkä, ogullaryna ak pata berýärdi. Ak pata şol döwürler örän wajypdy we gymmat saýylýardy. Yshak Ýakuby uly ogly Ysawdyr öýdüp patalady. Yshak garrap, gözüniň gowy görmeýändigi sebäpli Ýakubyň eşretli, bol ýaşaýyşda ýaşamagy üçin Ýehowanyň ony patalamagyny sorady (1Ms 27:1—4, 23—29; 28:1, 6; Ýew 11:20; 12:16, 17). Biraz wagtdan soň Yshagyň özi Ýakuby ýanyna çagyryp, has köp ak pata berdi (1Ms 28:1—4). Ýakup hem ölmeziniň öň ýanynda Ýusubyň iki ogluny, şeýle-de öz ogullaryny patalady (1Ms 48:9, 20; 49:1—28; Ýew 11:21). Musa-da ölmänkä, bütin ysraýyl halkyna ak pata berdi (5Ms 33:1). Şu wakalardan görnüşi ýaly, ak pata berenleriň hemmesi pygamberlik sözlerini aýtdylar. Käbir ýagdaýlarda ak pata berýän adam elini patalajak adamynyň başyna goýýardy (1Ms 48:13, 14).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w06 15/4 sah. 6, abz. 3, 4
Maşgalada düşünişmezligi çözmegiň açary
Yshak bilen Rebeka bir-birine pikirini çekinmän aýdyp bilýärdilermi? Elbetde! Ogly Yshak hetlerden iki sany gyza öýlenende, olaryň maşgalasynda uly kynçylyk döredi. Şonda Rebeka Yshaga: «Het gyzlaryndan ýaňa durmuşdan doýdum. Indi Ýakubam şu ýurtdaky hetleriň gyzyna öýlenäýse, dat günüme!» diýdi (1 Musa 26:34; 27:46). Şeýdip, Rebeka alada edýän zadyny açyk aýtdy.
Yshak aýalynyň duýgularyna düşündi we Ysawyň ekiz taýy Ýakuba kenganly gyzlara öýlenmezligi tabşyrdy (1 Musa 28:1, 2). Dogrudanam, Yshak bilen Rebeka maşgalada ýüze çykýan kyn meselelerde-de agzybirligi saklamagy başardylar. Gör, nähili ajaýyp görelde! Eger är-aýal pikirini açyk aýdybam düşünişmezligi çözüp bilmese näme etmeli?
w04 15/1 sah. 28, abz. 6
1 Musa kitabyndan peýdaly pikirler — II
28:12, 13. Yshagyň düýşünde gören basgançaklary nämäni aňladýar? Mümkin, bu basgançaklar ýokary gidýän daş basgançaklar bolan bolmaly. Olar gök bilen ýeriň arasynda baglanyşygyň bardygyny aňladýardy. Perişdeleriň basgançakdan münüp-düşmegi bolsa, Hudaý bilen onuň razylygyny gazanan wepaly gullukçylaryň arasyndaky dostlukly gatnaşykda belli bir derejede olaryň wajyp orun eýeleýändigini görkezýär (Ýahýa 1:51).
Mart 30—aprel 5
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 29, 30
«Ýakup öýlenýär»
w03 15/10 sah. 29, abz. 6
Ýakup ruhy zatlary gymmat saýýardy
Öýlenjek ýigit gelinliginiň maşgalasyna galyň tölemelidi. Musanyň kanuny boýunça, adaglanmadyk gyzyň gözüni-başyny aýlap, namysyna degilse, 50 şekel kümüş tölenmelidi. Alym Gordon Wenham: «Bu töleg şol döwrüň iň gymmat tölegi bolupdyr» diýýär we köplenç mundan azrak tölenýär eken (5 Musa 22:28, 29). Ýakupda pul bolmandygy sebäpli Labana 7 ýyl işläp bermegi teklip edýär. Wenhamyň aýtmagyna görä, gadymy Wawilonda gara işde işleýän adamyň bir aýlyk iş haky ýarym ýa-da bir şekel (7 ýyl üçin 42-den 84 şekel) bolupdyr. Şol sebäpli Ýakup Rahel üçin Labana örän köp galyň teklip etdi. Laban muňa höwes bilen razylaşdy (1 Musa 29:19).
Uýalaryň ahy-nalasy ysraýyl halkynyň döremegine getirdi
Leýa kakasy bilen dil düwüşdimi? Ýa-da ol mejburlyk bilen kakasynyň diýeni etmeli boldumy? Rahel şol wagt nirededi? Ol bolýan zatlardan habarlydymy? Eger habarly bolan bolsa, özüni nähili duýduka? Rahel özdiýenli kakasynyň garşysyna çykyp bildimikä? Mukaddes Kitap bu soraglara jogap bermeýär. Rahel bilen Leýa kakasynyň kararyna nähili garaýanda-da, Ýakubyň muňa gaty gahary geldi. Şonuň üçinem ol Labanyň gyzlaryna däl-de, özüne gepledi. Ýakup: «Daýy, näme üçin beýtdiň? Men saňa Rahel üçin hyzmat etdim-ä. Näme meni aldadyň?» diýdi. Laban oňa: «Adatymyza görä, uly gyzdan öň kiçisini durmuşa çykarmak aýyp görülýär. Leýany alanyňa bir hepde bolsun, soň kiçi gyzymy hem bererin, ýöne onuň üçinem ýedi ýyl hyzmat etmeli bolarsyň» diýip jogap berdi (1 Musa 29:25—27). Şeýdip, Ýakup köp aýally bolýar we iki uýalaryň arasynda bäsdeşlik başlanýar.
it «Nika»
Nika
Toý dabarasy. Gadymy döwürde Ysraýylda toý dabarasy bilen baglanyşykly belli bir düzgün bolmasa-da, ony gaty şatlykly waka diýip hasaplaýardylar. Toý güni durmuşa çykýan gyz öz öýünde gowy taýýarlyk görýärdi. Ilki bilen ýuwnup, endamyna atyr ysly ýag çalýardy (Rut 3:3; Hyz 23:40-njy aýatlary deňeşdiriň). Ol ap-ak owadan, eger ýagdaýy bolsa nagyşlanan köýnek geýýärdi (Ýer 2:32; Ylh 19:7, 8; Zb 45:13, 14). Durmuşa çykjak gyz gurby çatsa, gymmatbaha şaý-sep hem dakynýardy (Işa 49:18; 61:10; Ylh 21:2) we başyndan aýagyna çenli örtýän uzyn bürenjek atynýardy (Işa 3:19, 23). Şonuň üçin hem Laban Ýakuby aldap, onuň ýanyna Raheli däl-de, Leýany getirdi; Ýakup hem ony tanap bilmedi (1Ms 29:23, 25). Rebeka Yshak bilen tanyşmazdan öň, başyny ýaglyk bilen örtdi (1Ms 24:65). Şeýle hereket gelinligiň öýlenjek ýigide tabyn boljakdygyny aňladýardy (1Kr 11:5, 10).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Ogullyga ýa gyzlyga almak»
Ogullyga ýa gyzlyga almak
Rahel bilen Leýa gyrnaklarynyň Ýakuba dogrup beren ogullaryny öz ogullary ýaly kabul etdiler. Olar gyrnaklarynyň ogullaryny-da «Ýehowa maňa ýene bir ogul berdi» diýip hasapladylar (1Ms 30:3—8, 12, 13, 24). Gyrnaklaryň çagalary Ýakubyň kanuny aýallarynyň ogullary ýaly deň görülýärdi. Olaram Ýakubyň öz ogullarydy, sebäbi olaryň ejeleri Ýakubyň aýallaryna degişli gyrnaklardy. Şonuň üçinem Rahel bilen Leýa gyrnaklarynyň çagalaryna eýelik etmäge hukuklary bardy.
w04 15/1 sah. 28, abz. 7
1 Musa kitabyndan peýdaly pikirler — II
30:14, 15. Rahel näme üçin Leýadan mährigöýelerini bermegini soraýar? Gadymy döwürlerde mährigöýe lukmançylykda agyry aýryjy we narkotik serişdesi hökmünde ulanylypdyr. Şeýle-de ol jynsy gatnaşyk etmek islegini oýaryp, göwrede çaganyň galmak ýagdaýyny tizleşdiripdir (Süleýmanyň aýdymy 7:13). Mukaddes Kitapda Raheliň mährigöýeleri näme üçin alandygy aýdylmaýar. Belki, ol şonuň kömegi bilen göwreli bolup, masgaraçylykdan gutularyn diýip pikir edendir. Emma Ýehowa Rahele birnäçe ýyldan soň nazar salyp, «perzent berdi» (1 Musa 30:22—24).