MUSA PYGAMBERIŇ DÖRDÜNJI KITABY
1 Ysraýyllar Müsürden çykandan soň, ikinji ýylyň ikinji aýynyň birine+ Ýehowa Sinaý çölünde+, ýygnak çadyrynda*+ Musa şeýle diýdi: 2 «Ilat ýazuwyny+ geçirip, ysraýyl erkeklerini hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba al. 3 Harun ikiňiz ysraýyl goşunynda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekleri+ topar-topar* edip, hasaba alyň.
4 Her taýpanyň baştutanyny ýanyňyza alyň+. 5 Saýlamaly adamlaryňyz şulardyr: ruben taýpasyndan Şeduryň ogly Alysur+, 6 şimgon taýpasyndan Zuryşadaýyň ogly Şelumyýel+, 7 ýahuda taýpasyndan Aminadabyň ogly Nahşon+, 8 ysahar taýpasyndan Zugaryň ogly Netanel+, 9 zebulun taýpasyndan Helonyň ogly Alyýap+, 10 Ýusubyň ogullaryndan: efraýym taýpasyndan+ Emihutyň ogly Alyşam, manaşa taýpasyndan Pedahsuryň ogly Gamaliýel, 11 benýamin taýpasyndan Gedeýonaýyň ogly Abydan+, 12 dan taýpasyndan Emişadaýyň ogly Ahygezer+, 13 aşer taýpasyndan Okranyň ogly Pagyýel+, 14 gad taýpasyndan Deguweliň ogly Alyýasap+, 15 naftaly taýpasyndan Eýnanyň ogly Ahura+. 16 Olar ysraýylyň her taýpasyndan saýlanyp alynmaly baştutanlar+ we müňbaşylardyr»+.
17 Musa bilen Harun ady agzalan adamlary ýanyna aldylar. 18 Olar ikinji aýyň birine bütin halky ýygnap, 20 ýaşdan ýokary erkekleri+ hojalygy we tiresi boýunça bölüp, ýekeme-ýeke hasaba aldylar. 19 Ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler. Şeýlelikde, Musa Sinaý çölünde ilat ýazuwyny geçirdi+.
20 Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň+ nesilleri hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 21 ruben taýpasyndan 46 500 adam çykdy.
22 Şimgonyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 23 şimgon taýpasyndan 59 300 adam çykdy.
24 Gadyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 25 gad taýpasyndan 45 650 adam çykdy.
26 Ýahudanyň+ nesilleri hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 27 ýahuda taýpasyndan 74 600 adam çykdy.
28 Ysaharyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 29 ysahar taýpasyndan 54 400 adam çykdy.
30 Zebulunyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 31 zebulun taýpasyndan 57 400 adam çykdy.
32 Ýusubyň Efraýymdan+ dörän nesilleri hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 33 efraýym taýpasyndan 40 500 adam çykdy.
34 Manaşanyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 35 manaşa taýpasyndan 32 200 adam çykdy.
36 Benýaminiň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 37 benýamin taýpasyndan 35 400 adam çykdy.
38 Danyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 39 dan taýpasyndan 62 700 adam çykdy.
40 Aşeriň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 41 aşer taýpasyndan 41 500 adam çykdy.
42 Naftalynyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 43 naftaly taýpasyndan 53 400 adam çykdy.
44 Olary Musa, Harun we ysraýylyň 12 taýpasynyň baştutanlary hasaba alypdy. Her baştutan öz taýpasyna ýolbaşçylyk edýärdi. 45 Ysraýyl goşunynda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler tiresi boýunça hasaba alyndy. 46 Olar jemi 603 550 adamdy+.
47 Emma lewiler+ beýleki taýpalar bilen hasaba alynmady+. 48 Ýehowa Musa: 49 «Lewi taýpasyny hasaba alma, olary beýleki ysraýyllara goşma+. 50 Lewileri äht sandygy+ duran mukaddes çadyra* we ähli esbaplara jogapkär edip belle+. Olar mukaddes çadyry we esbaplaryny götersin+, şol ýerde hyzmat etsin+. Çadyrlaryny mukaddes çadyryň daş-töwereginde gurup ýaşasyn+. 51 Mukaddes çadyry göçürmeli bolanda, lewiler söküp düzsün+. Keseki adam* çadyra golaýlaşsa, ölüme höküm edilsin+.
52 Ysraýyl taýpalary üç-üçden bölünip+, her taýpa öz toparyna* berlen ýerde* çadyr gursun. 53 Lewiler çadyrlaryny äht sandygy duran mukaddes çadyryň* daş-töwereginde gursun. Şonda ysraýyl halky Hudaýyň gazabyna sezewar bolmaz+. Lewiler äht sandygy duran mukaddes çadyra jogapkärdir»+ diýdi.
54 Ysraýyllar Ýehowanyň Musa arkaly beren tabşyryklaryny ýerine ýetirip, ähli zady aýdyşy ýaly etdiler.
2 Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2 «Ysraýyl taýpalary üç-üçden bölünip+, her tire öz tugunyň* golaýynda çadyr gursun. Olar çadyrlaryny ýygnak çadyryna* bakdyryp, onuň daş-töwereginde gursun.
3 Üç taýpadan düzülen bir topar* gündogarda düşelge gursun. Olara ýahuda taýpasy ýolbaşçylyk etsin. Ýahudalaryň baştutany Aminadabyň ogly Nahşondyr+. 4 Onuň goşunynda 74 600 adam hasaba alyndy+. 5 Ýahudalaryň bir tarapynda ysahar taýpasy düşelge gursun. Ysaharlaryň baştutany Zugaryň ogly Netaneldir+. 6 Onuň goşunynda 54 400 adam hasaba alyndy+. 7 Ýahudalaryň beýleki tarapynda zebulun taýpasy düşelge gursun. Zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Alyýapdyr+. 8 Onuň goşunynda 57 400 adam hasaba alyndy+.
9 Ýahudanyň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 186 400 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar çadyrlaryny birinji ýygnasyn+.
10 Üç taýpadan düzülen ýene bir topar* günortada düşelge gursun. Olara ruben taýpasy+ ýolbaşçylyk etsin. Rubenleriň baştutany Şeduryň ogly Alysurdyr+. 11 Onuň goşunynda 46 500 adam hasaba alyndy+. 12 Rubenleriň bir tarapynda şimgon taýpasy düşelge gursun. Şimgonlaryň baştutany Zuryşadaýyň ogly Şelumyýeldir+. 13 Onuň goşunynda 59 300 adam hasaba alyndy+. 14 Rubenleriň beýleki tarapynda gad taýpasy düşelge gursun. Gadlaryň baştutany Reguweliň ogly Alyýasapdyr+. 15 Onuň goşunynda 45 650 adam hasaba alyndy+.
16 Rubeniň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 151 450 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar çadyrlaryny ikinji bolup ýygnasyn+.
17 Ýygnak çadyry göçürilende+, lewileriň düşelgesi beýleki düşelgeleriň ortasynda bolsun.
Halk çadyrlaryny nähili guran bolsa, şol tertipde+ hem ýola düşsün. Her üç taýpa öz topary bilen ýöresin.
18 Üç taýpadan düzülen ýene bir topar* günbatarda düşelge gursun. Olara efraýym taýpasy ýolbaşçylyk etsin. Efraýymlaryň baştutany Emihutyň ogly Alyşamdyr+. 19 Onuň goşunynda 40 500 adam hasaba alyndy+. 20 Efraýymlaryň bir tarapynda manaşa taýpasy+ düşelge gursun. Manaşalaryň baştutany Pedahsuryň ogly Gamaliýeldir+. 21 Onuň goşunynda 32 200 adam hasaba alyndy+. 22 Efraýymlaryň beýleki tarapynda benýamin taýpasy düşelge gursun. Benýaminleriň baştutany Gedeýonaýyň ogly Abydandyr+. 23 Onuň goşunynda 35 400 adam hasaba alyndy+.
24 Efraýymyň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 108 100 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar çadyrlaryny üçünji bolup ýygnasyn+.
25 Üç taýpadan düzülen ýene bir topar* demirgazykda düşelge gursun. Olara dan taýpasy ýolbaşçylyk etsin. Danlaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezerdir+. 26 Onuň goşunynda 62 700 adam hasaba alyndy+. 27 Danlaryň bir tarapynda aşer taýpasy düşelge gursun. Aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýeldir+. 28 Onuň goşunynda 41 500 adam hasaba alyndy+. 29 Danlaryň beýleki tarapynda naftaly taýpasy düşelge gursun. Naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahuradyr+. 30 Onuň goşunynda 53 400 adam hasaba alyndy+.
31 Danyň düşelgesinde hasaba alnanlar jemi 157 600 adamdyr. Göçmeli bolanda, olar öz üç taýpasy bilen çadyrlaryny iň soňunda ýygnasyn»+.
32 Şeýlelikde, ysraýyllar tireleri boýunça hasaba alyndy. Goşun üçin hasaba alnanlar jemi 603 550 adamdy+. 33 Emma Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, lewiler ysraýylyň beýleki taýpalary bilen+ hasaba alynmady+. 34 Ysraýyllar ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler. Ysraýyl taýpalary üç-üçden bölünip+, düşelge gurardylar. Ýola düşenlerinde-de+, öz hojalygyna we tiresine görä ýörärdiler.
3 Ýehowa Sinaý dagynda+ Musa bilen gepleşerdi. Şol wagtlar Harun bilen Musanyň nesli şulardy: 2 Harunyň ogullary: uly ogly Nadap, Abyhuw+, Algazar+ we Ytamar+. 3 Harunyň ogullary ruhany bellenipdi+. 4 Nadap bilen Abyhuw Sinaý çölünde Ýehowanyň öňünde kanuna garşy gelýän ot ýakandygy üçin+, Ýehowanyň huzurynda ölüpdi. Olaryň ogly ýokdy. Algazar+ bilen Ytamar+ bolsa kakalary Harun bilen ruhany bolup hyzmat edýärdi.
5 Soňra Ýehowa Musa: 6 «Lewi taýpasyny+ Harun ruhanynyň ýanyna getir. Olar Harunyň hyzmatynda durup+, 7 mukaddes çadyr bilen bagly işleri etsinler. Ýygnak çadyrynda* hyzmat edip, Harunyň we halkyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirsinler. 8 Ýygnak çadyrynyň esbaplaryna gözegçilik etsinler+. Mukaddes çadyr bilen bagly işleri edip, ysraýyllaryň öňündäki borçlaryny berjaý etsinler+. 9 Lewileri Harun bilen ogullaryna ber. Olar ysraýyllaryň arasyndan Haruna kömekçi edip bellendi+. 10 Harun bilen ogullaryny bolsa ruhany belle. Olar ruhanylyk borjuny ýerine ýetirsin+. Keseki adam* mukaddes çadyra golaýlaşsa, ölüme höküm edilsin»+ diýdi.
11 Ýehowa sözüni dowam edip: 12 «Men ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri saýlaýaryn+. Olar meniňki bolar. 13 Sebäbi ähli nowbahar ogullaryňyz meniňkidir+. Müsürlileriň nowbaharlaryny heläklänimde+, ysraýyllaryň nowbahar ogullaryny, mallarynyň-da ilkinji doglanlaryny özüme bagyş edipdim*+. Olar meniňkidir. Men Ýehowadyryn» diýdi.
14 Sinaý çölünde+ Ýehowa Musa: 15 «Lewileriň bir aýlyk çagalaryndan başlap, ähli erkeklerini tiresi we hojalygy boýunça hasaba al»+ diýdi. 16 Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, olary hasaba aldy. 17 Lewiniň ogullary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merar+.
18 Gerşonyň ogullary: Libni bilen Şimeý+. Olardan dörän tireler olaryň adyny göterýärdi.
19 Kohatyň ogullary: Imram, Ýyshar, Hebron we Uzyýel+. Olardan dörän tireler olaryň adyny göterýärdi.
20 Meraryň ogullary: Mahly+ bilen Muşe+. Olardan dörän tireler olaryň adyny göterýärdi.
Lewiniň neslinden dörän tireler şulardan ybaratdy.
21 Gerşondan libniler+ we şimeýler döredi. Olar gerşonlardan dörän tirelerdir. 22 Olaryň bir aýlyk çagalaryndan başlap ähli erkekleri hasaba alnanda, 7 500 adam çykdy+. 23 Gerşonlar mukaddes çadyryň arka tarapynda+, ýagny günbatarynda düşelge gurdular. 24 Laýylyň ogly Alyýasap gerşonlaryň tirebaşysydy. 25 Ýygnak çadyrynda hyzmat edýän gerşonlar+ mukaddes çadyra+, çadyryň örtüklerine+, ýygnak çadyrynyň agzyndaky perdä+, 26 howludaky perdelere+, mukaddes çadyr we gurbanlyk ojagy* duran howlynyň girelgesindäki perdä+, ýüplere hem-de şolar bilen bagly işlere jogapkärdi.
27 Kohatlardan imramlar, ýysharlar, hebronlar we uzyýeller döredi. Olar kohatlardan dörän tirelerdir+. 28 Olaryň bir aýlyk çagalaryndan başlap, ähli erkekleri hasaba alnanda, 8 600 adam çykdy. Olar mukaddes çadyra gözegçilik etmelidi+. 29 Kohatlar mukaddes çadyryň günortasynda düşelge gurdular+. 30 Uzyýeliň+ ogly Alsapan kohatlaryň tirebaşysydy. 31 Olar äht sandygyna+, stola+, şemdana+, ojaklara+, mukaddes ýerde ulanylýan gap-gaçlara+, tuta*+ we şolar bilen bagly işlere jogapkärdi+.
32 Harun ruhanynyň ogly Algazar+ lewi tirebaşylarynyň baştutanydy. Ol mukaddes ýerde hyzmat edýänlere gözegçilik edýärdi.
33 Merarlardan mahlylar we muşeler döredi. Olar merarlardan dörän tirelerdir+. 34 Olaryň bir aýlyk çagalaryndan başlap, ähli erkekleri hasaba alnanda, 6 200 adam çykdy+. 35 Abyhaýylyň ogly Zuryýel merarlaryň tirebaşysydy. Olar mukaddes çadyryň demirgazygynda düşelge gurdular+. 36 Merarlar mukaddes çadyryň çarçuwalaryna*+, taýaklaryna+, sütünlerine+, direglerine, esbaplaryna+ we şolar bilen bagly işlere+, 37 howludaky söýelere, olaryň direglerine+, gazyklaryna hem-de ýüplerine jogapkärdi.
38 Musa, Harun we onuň ogullary mukaddes çadyryň gündogarynda, ýagny ýygnak çadyrynyň öňünde düşelge gurdular. Olar ysraýyl halkynyň adyndan mukaddes çadyra gözegçilik etmelidi. Keseki adam* mukaddes çadyra golaýlaşsa, ölüme höküm edilmelidi+.
39 Musa bilen Harun Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, lewileri hasaba aldy. Olaryň bir aýlyk çagalaryndan başlap, ähli erkekleri hasaba alnanda, 22 000 adam çykdy.
40 Soňra Ýehowa Musa: «Ysraýyllaryň bir aýlyk çagalaryndan başlap, ähli nowbahar ogullaryny hasaba al-da+, atlaryny ýaz. 41 Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri+, mallarynyň ilkinji doglanlarynyň deregine lewileriň mallaryny maňa bagyş et+. Men Ýehowadyryn» diýdi. 42 Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, ysraýyllaryň nowbahar ogullaryny hasaba aldy. 43 Olaryň bir aýlyk çagalaryndan başlap, ähli nowbahar ogullarynyň adyny ýazdylar. Olar jemi 22 273 sanydy.
44 Ýehowa sözüni dowam edip: 45 «Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri, mallarynyň deregine lewileriň mallaryny maňa bagyş et. Lewiler meniňkidir. Men Ýehowadyryn. 46 Ysraýyl nowbaharlarynyň 273 sanysy lewilerden köpdür+. Olar üçin töleg hökmünde+ 47 adam başyna mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen bäş şekel*+ al. Bir şekel 20 gera* deňdir+. 48 Puly Harun bilen ogullaryna ber. Şol pul lewilerden artyk çykan adamlaryň tölegi bolar» diýdi. 49 Musa lewilerden artyk çykan adamlaryň tölegi hökmünde berlen pullary ýygnady. 50 Ol ysraýyllaryň nowbahar ogullaryndan mukaddes çadyrda ulanylýan ölçegde 1 365 şekel aldy. 51 Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, puly Harun bilen ogullaryna berdi. Ol ähli zady Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi.
4 Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2 «Lewilerden kohatlary+ hojalygy we tiresi boýunça hasaba alyň. 3 Ýygnak çadyrynda* hyzmat etjek+ 30-dan+ 50 ýaşa+ çenli erkekleri hasaplaň.
4 Kohatlaryň ýygnak çadyrynda etmeli işleri örän mukaddesdir. Olar şu zatlara jogapkärdir+: 5 göçmeli bolanda, Harun bilen ogullary mukaddes çadyra girsin-de, äht* sandygynyň öňündäki tutyny+ aýryp, sandygyň+ üstüne ýapsynlar. 6 Soňra düwleniň* derisinden edilen örtügi, üstündenem gök matany ýapyp, sandygyň taýaklaryny+ daksynlar.
7 Hödür çörek goýulýan stola+ gök mata ýapyp, üstüne jamlary, käseleri, tabaklary we şerap sadakasy üçin küýzeleri+ goýsunlar. Soňra hödür çörekleri+ ýene-de stoluň üstünde goýmalydyr. 8 Şol zatlaryň üstüne gyrmyzy mata bilen düwleniň* derisinden edilen örtügi ýapyp, stoluň taýaklaryny+ daksynlar. 9 Şemdanyň+, şemleriň+, gysgyçlaryň, külatarlaryň+ we şemdanyň ýagy üçin ulanylýan gaplaryň üstüne gök mata ýapsynlar. 10 Soňra şemdan bilen esbaplaryny düwleniň* derisinden edilen örtüge dolap, tagtanyň* üstünde goýsunlar. 11 Altyndan ýasalan ojagyň*+ üstüne-de gök mata bilen düwleniň* derisinden edilen örtük ýapyp, taýaklaryny+ daksynlar. 12 Mukaddes çadyrda ulanylýan ähli esbaplary+ gök mata dolap, üstüne düwleniň* derisinden edilen örtügi ýapsynlar-da, tagtanyň üstünde goýsunlar.
13 Gurbanlyk ojagynyň*+ külüni* aýryp, üstüne badam reňkli ýüň mata ýapsynlar. 14 Soňra üstüne gurban bermek üçin ulanylýan gaplary: külatarlary, çarşaklary, pilçeleri, tabaklary we gurbanlyk ojagynyň beýleki esbaplaryny+ goýup, düwleniň* derisinden edilen örtügi ýapsynlar-da, taýaklaryny+ daksynlar.
15 Göçmeli bolanda, Harun bilen ogullary mukaddes çadyrdaky+ zatlaryň we esbaplaryň üstüni doly ýapsyn. Şondan soň kohatlar gelip, olary götersin+. Ýöne olar heläk bolmaz ýaly, mukaddes çadyryň esbaplaryny eli bilen ellemesin+. Kohatlar ýygnak çadyrynyň zatlaryny götermäge jogapkärdir.
16 Harun ruhanynyň ogly Algazar+ şemleriň ýagyna+, hoşboý ysly tütetgä+, her günki galla sadakasyna we mukaddes ýaga+ jogapkärdir. Ol mukaddes çadyra we ondaky zatlara, mukaddes ýer bilen esbaplaryna gözegçilik etmelidir».
17 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa bilen Haruna: 18 «Kohatyň nesli+ lewileriň arasyndan ýitip gitmesin. 19 Olar iň mukaddes zatlara+ golaýlaşanda heläk bolmaz ýaly, tabşyran zatlarymy etsin. Harun bilen ogullary gelip, olaryň hersine etmeli işini we götermeli zadyny görkezsin. 20 Kohatlar mukaddes zatlara sähel salymlyk hem seretmez ýaly, içerik girmesin, ýogsam ölerler»+ diýdi.
21 Ýehowa Musa şeýle diýdi: 22 «Gerşonlary+ tiresi we hojalygy boýunça hasaba al. 23 Ýygnak çadyrynda hyzmat etjek 30-dan 50 ýaşa çenli erkekleri hasapla. 24 Gerşonlaryň gözegçilik etmeli we götermeli zatlaryny görkez+. 25 Olar mukaddes çadyryň matalaryny+, ýygnak çadyrynyň örtügini, üstündäki düwleniň* derisinden edilen örtügi+, ýygnak çadyrynyň agzyndaky perdäni+, 26 howlynyň perdelerini+, mukaddes çadyr we gurbanlyk ojagy duran howlynyň girelgesindäki perdäni+, olaryň ýüplerini, esbaplaryny we şolar bilen bagly zatlary götersinler. Şol zatlary götermek olaryň borjudyr. 27 Gerşonlaryň+ etmeli işlerine we götermeli zatlaryna Harun bilen ogullary gözegçilik etsin. Olara götermeli zatlaryny tabşyryň. 28 Gerşonlaryň ýygnak çadyrynda ýerine ýetirmeli borjy şeýledir+. Olar Harun ruhanynyň ogly Ytamaryň+ ýolbaşçylygy astynda hyzmat etsin.
29 Merarlary+ hojalygy we tiresi boýunça hasaba al. 30 Ýygnak çadyrynda hyzmat etjek 30-dan 50 ýaşa çenli erkekleri hasapla. 31 Olar ýygnak çadyryndaky şu zatlary götermäge jogapkärdir+: mukaddes çadyryň çarçuwalary*+, taýaklary+, sütünleri+, diregleri+, 32 howludaky söýeleri+, diregleri+, gazyklary+, ýüpleri, olaryň esbaplary we şolar bilen bagly zatlar. Olaryň hersine götermeli zatlaryny tabşyryň. 33 Merarlaryň+ ýygnak çadyrynda etmeli işleri şeýledir. Olar Harun ruhanynyň ogly Ytamaryň ýolbaşçylygy astynda hyzmat etsin»+.
34 Musa, Harun we halkyň baştutanlary+ kohatlary+ hojalygy we tiresi boýunça hasaba aldylar. 35 Ýygnak çadyrynda hyzmat etjek 30-dan 50 ýaşa çenli erkekler hasaplandy+. 36 Hojalygyna görä hasaba alnanlar jemi 2 750 adamdy+. 37 Şeýdip, ýygnak çadyrynda hyzmat etjek kohatlar hasaba alyndy. Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Musa bilen Harun olary hasaba aldy+.
38 Gerşonlary+ hojalygy we tiresi boýunça hasaba aldylar. 39 Ýygnak çadyrynda hyzmat etjek 30-dan 50 ýaşa çenli erkekler hasaplandy. 40 Hojalygyna we tiresine görä hasaba alnanlar jemi 2 630 adamdy+. 41 Şeýdip, ýygnak çadyrynda hyzmat etjek gerşonlar hasaba alyndy. Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Musa bilen Harun olary hasaba aldy+.
42 Merarlary hem hojalygy we tiresi boýunça hasaba aldylar. 43 Ýygnak çadyrynda hyzmat etjek 30-dan 50 ýaşa çenli erkekler hasaplandy+. 44 Hojalygyna görä hasaba alnanlar jemi 3 200 adamdy+. 45 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Musa bilen Harun olary hasaba aldy+.
46 Musa, Harun we ysraýyl baştutanlary lewileri hojalygy we tiresi boýunça hasaba aldylar. 47 Olaryň 30-dan 50 ýaşa çenli erkekleri ýygnak çadyrynda hyzmat etmäge we ondaky zatlary götermäge bellendi+. 48 Hasaba alnanlar jemi 8 580 adamdy+. 49 Olary Ýehowanyň Musa beren buýrugyna görä hasaba alyp, hersiniň etmeli işini we götermeli zadyny tabşyrdylar. Olar Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly hasaba alyndy.
5 Ýehowa Musa: 2 «Ysraýyllara aýt, heýwere keselli+, suwuklygy akýan*+ we jesede degip haram bolan adamy+ düşelgeden çykarsynlar. 3 Aýal-erkek diýmän, olary düşelgeden çykaryň. Halkymyň düşelgesini hapalamasynlar+, sebäbi men olaryň arasynda mesgen tutdum»+ diýdi. 4 Ysraýyllar şol adamlary düşelgeden çykardylar. Ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.
5 Soňra Ýehowa Musa bilen gepleşip: 6 «Ysraýyllara aýt: „Bir erkek ýa aýal günä edip, Ýehowa biwepalyk etse, ýazykly bolýandyr+. 7 Ol günäsini boýun alsyn+. Kime zyýan ýetiren bolsa, öwezini dolup, üstüne bäşden bir bölegini goşup bersin+. 8 Ýöne zyýan çeken adam ölse, ýakyn hossary hem bolmasa, onda ýetirilen zyýanyň bahasy Ýehowa berilsin. Şol töleg hem, günä gurbanlygynyň goçy hem ruhanynyňky bolsun. Ruhany goçy gurban berip, ol adamy günäden arassalasyn+.
9 Ysraýyllaryň ruhana berýän ähli mukaddes sadakasyny+ ruhany özüne alsyn+. 10 Her bir adamyň getirýän mukaddes sadakasy ruhana berilsin. Ruhana berilýän islendik zat onuňky bolar“» diýdi.
11 Ýehowa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: 12 «Ysraýyllara aýt: „Biriniň aýaly azyp, ärine ikilik etse, 13 ärinden ogryn başga biri bilen ýatsa+, emma munuň üsti açylmasa, günäsine şaýat tapylmasa we eden işinde tutulmasa 14 ýa-da aýaly zyna etse-etmese, äri gabanyp, müňkürlik edip başlasa, 15 ol aýalyny we onuň üçin sadaka hökmünde bir jam* arpa ununy alyp, ruhanynyň ýanyna gelsin. Ýöne unuň üstüne ýag guýmasyn, ladan* hem goýmasyn, sebäbi ol gabanjaňlyk sadakasyny, günäni ýatladýan galla sadakasyny berýändir.
16 Ruhany şol aýaly Ýehowanyň huzuryna getirsin+. 17 Ol toýun gaba mukaddes suw guýup, içine mukaddes çadyryň topragyndan atsyn. 18 Ruhany şol aýaly Ýehowanyň huzurynda durzup, saçyny ýaýsyn-da*, günäni ýatladýan galla sadakasyny, ýagny gabanjaňlyk sadakasyny+ onuň aýasyna guýsun. Näletli ajy suwy+ bolsa öz elinde saklasyn.
19 Ruhany şol aýala ant içirip, şeýle diýsin: „Äriňe+ ikilik edip, başga biri bilen ýatmadyk bolsaň, ýoldan çykyp, azgynlyk etmedik bolsaň, näletli ajy suw saňa zyýan ýetirmez. 20 Ýöne azyp, äriňe ikilik eden bolsaň, başga biri bilen ýatan bolsaň+...“ 21 Soňra ruhany şol aýala nälet antyny aýtdyryp, şeýle diýsin: „Goý, Ýehowa seni ile-güne masgara etsin. Her kim gargyş okanda ýa ant içende, seniň adyňy ýamanlykda ýatlasyn. Ýehowa ýatgyňy guradyp*, garnyňy çişirsin. 22 Nälet suwy içiňden geçip, garnyňy çişirsin, ýatgyňy guratsyn“. Şonda aýal: „Omyn!* Omyn!“ diýsin.
23 Ruhany şol gargyşy kitaba ýazsyn-da, ony ajy suwda ýuwsun. 24 Soňra näletli ajy suwy aýala içirsin. Suwdan içen badyna, aýalyň içinden tutup başlar. 25 Ruhany gabanjaňlyk üçin galla sadakasyny+ aýalyň elinden alsyn-da, Ýehowanyň huzurynda eýläk-beýläk galgadyp, gurbanlyk ojagynyň* ýanyna getirsin. 26 Ol galla sadakasyndan bir goşawuç alyp, gurbanlyk ojagynda ýatlama sadakasy hökmünde ýaksyn+. Soňra aýala suwdan içirsin. 27 Eger ol azyp, ärine ikilik eden bolsa, ruhany nälet suwuny içiren badyna, aýalyň içinden tutup, garny çişer we ýatgysy gurar. Ol aýal iliň gargyşyna galar. 28 Eger päkligini saklap, azgynlyk etmedik bolsa, oňa hiç zat bolmaz. Ol göwreli bolup, çaga dogrup biler.
29 Gabanjaňlyk baradaky kanun+ şeýledir. Eger aýal ýoldan çykyp, azyp, ärine ikilik etse 30 ýa-da äri aýalyny gabanyp, müňkürlik etse, ony Ýehowanyň huzuryna getirsin. Ruhany hem şu kanuna eýersin. 31 Şonda äri günäden azat bolar, aýaly bolsa günäsi üçin jogap berer“».
6 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Eger erkek ýa aýal özüni Ýehowa nezir*+ hökmünde bagyş etmek barada ant içse, 3 onda ol şerap ýa-da şoňa meňzeş içgileri içmesin. Üzümden we başga zatlardan edilen sirke*, üzüm şiresini-de içmesin+. Üzüm hem, kişmiş hem iýmesin. 4 Nezirlik döwri üzümden taýýarlanan hiç zady, hatda çig üzümi-de, gabygyny-da agzyna almasyn.
5 Nezirlik döwri onuň başyna päki degmeli däldir+. Ýehowa bagyş edilen günleri tamamlanýança, ol saçyny ösdürip, mukaddes bolsun. 6 Nezir Ýehowa bagyşlanan günleri jesede golaýlaşmasyn. 7 Hatda ene-atasy, dogany ýa uýasy ölse-de, jesede golaýlaşyp+, özüni haram etmesin. Sebäbi başyndaky saçy Hudaýyň öňünde nezirdigini aňladýandyr.
8 Nezirlik döwri ol Ýehowa üçin mukaddesdir. 9 Eger ýanynda biri tarpa-taýyn ölse+, ol hem jesede degip, nezirlik saçyny haram etse, onda tämizlenen güni, ýagny ýedinji gün saçyny syrsyn+. 10 Sekizinji gün iki gumryny ýa-da iki kepderini* ýygnak çadyrynyň* agzyna getirip, ruhana bersin. 11 Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip berip, jesede degen neziri günäden arassalasyn+. Şol gün nezir özüni* mukaddes etsin. 12 Ol ýene-de Ýehowanyň neziri bolmak üçin, ýazyk gurbanlygy hökmünde erkek tokly getirsin. Ol nezirligini haram etdi, şonuň üçin nezirliginiň öňki günleri hasaba alynmaz.
13 Nezir baradaky kanun şeýledir: nezirlik döwri+ tamamlananda, ony ýygnak çadyrynyň agzyna getirsinler. 14 Ol Ýehowa gurbanlyk berer ýaly, ýakma gurbanlygy+ üçin şikessiz erkek tokly, günä gurbanlygy+ üçin şikessiz urkaçy tokly, parahatlyk gurbanlygy+ üçin şikessiz goç, 15 ýokary hilli undan ýaga ýugrulan bir sebet halka görnüşli petir*, çelpek*, olaryň ýany bilen galla+ we şerap sadakalaryny+ getirsin. 16 Ruhany olary Ýehowanyň huzuryna getirip, onuň üçin günä we ýakma gurbanlygyny hödürlesin. 17 Ol goçy we sebetdäki petirleri Ýehowa parahatlyk gurbanlygy edip bersin. Goçuň ýany bilen galla+ we şerap sadakasyny hödürlesin.
18 Nezir ýygnak çadyrynyň agzynda saçyny syrsyn+. Ol nezirlik döwri ösdüren saçyny parahatlyk gurbanlygy ýakylýan oda atsyn. 19 Ruhany bolsa goçuň gaýnadylan+ goluny*, sebetden bir halka görnüşli petiri we çelpegi alyp, saçyny syrdyran neziriň eline bersin. 20 Ruhany olary Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk-beýläk galgatsyn+. Göterme sadakasynyň döşi we gurbanlygyň budy ýaly, olar hem ruhanynyň mukaddes paýydyr+. Şondan soň nezir şerap içip biler.
21 Ant içen nezir+ şu kanuna eýersin: eger ol nezirlerden edilýän talaby berjaý edip, Ýehowa ýene-de bir zatlary bermegi söz berse, muňa ýagdaýy-da ýetýän bolsa, nezirlik kanunyna eýerip, içen antyny berjaý etsin“».
22 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 23 «Harun bilen ogullaryna aýt, olar ysraýyl halkyna ak pata berende+, şeýle diýsinler:
24 „Goý, Ýehowa sizi ýalkasyn+, gorasyn!
25 Ýehowa nuruny saçyp+, sizden razy bolsun!
26 Ýehowa nazar salyp, parahatlyk bersin!“+
27 Olar halka meniň adym+ bilen ak pata bersin, şonda ysraýyllary ýalkaryn»+.
7 Mukaddes çadyr gurlan güni+ Musa çadyry, ähli esbaplaryny, gurbanlyk ojagyny* we gap-gaçlaryny mukaddes ýag bilen mukaddes etdi+. Musa olary mukaddes edende+, 2 ysraýyl taýpalarynyň baştutanlary+ sadaka getirdiler. Ilat ýazuwyny geçiren baştutanlar 3 Ýehowanyň huzuryna 6 araba* bilen 12 öküz getirdiler. Mukaddes çadyryň öňüne her iki baştutan bir araba we adam başyna bir öküz getirdi. 4 Şonda Ýehowa Musa: 5 «Getirilen zatlar ýygnak çadyrynda* gerek bolar. Olary al-da, edýän işlerini göz öňünde tutup, lewilere paýla» diýdi.
6 Musa arabalary we öküzleri alyp, lewilere berdi. 7 Ol edýän işlerini göz öňünde tutup, iki araba bilen dört öküzi gerşonlara berdi+. 8 Dört araba bilen sekiz öküzi edýän işlerini göz öňünde tutup, merarlara berdi. Olara Harun ruhanynyň ogly Ytamar gözegçilik edýärdi+. 9 Kohatlara bolsa hiç zat bermedi, sebäbi olar mukaddes çadyryň+ zatlaryny egninde göterýärdiler+.
10 Gurbanlyk ojagy mukaddes edilip, Hudaýa bagyş edilen güni baştutanlar gurbanlaryny hödürlediler+. Olar zatlaryny gurbanlyk ojagynyň öňüne getirenlerinde, 11 Ýehowa Musa: «Gurbanlyk ojagyny bagyş etmek üçin her gün bir baştutan gurban bersin» diýdi.
12 Birinji gün ýahuda taýpasyndan Aminadabyň ogly Nahşon+ gurban berdi. 13 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel* kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 14 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 15 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 16 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 17 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Aminadabyň ogly Nahşon+ şulary berdi.
18 Ikinji gün ysahar taýpasynyň baştutany Zugaryň ogly Netanel+ gurban berdi. 19 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 20 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 21 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 22 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 23 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Zugaryň ogly Netanel şulary berdi.
24 Üçünji gün zebulun taýpasynyň baştutany Helonyň ogly Alyýap+ gurban berdi. 25 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 26 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 27 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 28 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 29 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Helonyň ogly Alyýap+ şulary berdi.
30 Dördünji gün ruben taýpasynyň baştutany Şeduryň ogly Alysur+ gurban berdi. 31 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 32 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 33 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 34 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 35 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Şeduryň ogly Alysur+ şulary berdi.
36 Bäşinji gün şimgon taýpasynyň baştutany Zuryşadaýyň ogly Şelumyýel+ gurban berdi. 37 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 38 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 39 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 40 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 41 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Zuryşadaýyň ogly Şelumyýel+ şulary berdi.
42 Altynjy gün gad taýpasynyň baştutany Deguweliň ogly Alyýasap+ gurban berdi. 43 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 44 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 45 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 46 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 47 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Deguweliň ogly Alyýasap+ şulary berdi.
48 Ýedinji gün efraýym taýpasynyň baştutany Emihutyň ogly Alyşam+ gurban berdi. 49 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 50 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 51 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 52 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 53 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Emihutyň ogly Alyşam+ şulary berdi.
54 Sekizinji gün manaşa taýpasynyň baştutany Pedahsuryň ogly Gamaliýel+ gurban berdi. 55 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 56 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 57 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 58 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 59 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Pedahsuryň ogly Gamaliýel+ şulary berdi.
60 Dokuzynjy gün benýamin taýpasynyň baştutany+ Gedeýonaýyň ogly Abydan+ gurban berdi. 61 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 62 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 63 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 64 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 65 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Gedeýonaýyň ogly Abydan+ şulary berdi.
66 Onunjy gün dan taýpasynyň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezer+ gurban berdi. 67 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 68 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 69 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 70 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 71 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Emişadaýyň ogly Ahygezer+ şulary berdi.
72 On birinji gün aşer taýpasynyň baştutany Okranyň ogly Pagyýel+ gurban berdi. 73 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 74 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 75 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 76 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 77 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Okranyň ogly Pagyýel+ şulary berdi.
78 On ikinji gün naftaly taýpasynyň baştutany Eýnanyň ogly Ahura+ gurban berdi. 79 Onuň getiren zatlary: mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg+ bilen agramy 130 şekel kümüş tabak, agramy 70 şekel kümüş jam; olaryň ikisinde-de galla sadakasy üçin ýag garylan ýokary hilli un+ bardy, 80 içine tütetgi goýlan agramy 10 şekel altyn käse, 81 ýakma gurbanlygy+ üçin öküzçe, goç, erkek tokly, 82 günä gurbanlygy+ üçin owlak, 83 parahatlyk gurbanlygy+ üçin iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş erkek tokly. Eýnanyň ogly Ahura+ şulary berdi.
84 Gurbanlyk ojagy mukaddes edilip, Hudaýa bagyş edilende+, ysraýyl baştutanlarynyň beren zatlary: 12 kümüş tabak, 12 kümüş jam, 12 altyn käse+; 85 her kümüş tabagyň agramy 130 şekel, her jamyň agramy 70 şekel bolup, kümüş gaplaryň jemi agramy mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen 2 400 şekeldi+. 86 Içine tütetgi goýlan käse, hersiniň agramy mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen 10 şekelden 12 altyn käse; olaryň jemi agramy 120 şekeldi. 87 Ýakma gurbanlygy üçin 12 öküz, 12 goç, 12 erkek tokly we olaryň ýany bilen berilýän galla sadakalary, günä gurbanlygy üçin 12 owlak, 88 parahatlyk gurbanlygy üçin 24 öküz, 60 goç, 60 teke we 60 erkek tokly. Gurbanlyk ojagy mukaddes edilip+, Hudaýa bagyş edilende+ şular gurban berildi.
89 Musa her gezek Hudaý bilen gepleşmek+ üçin ýygnak çadyryna girende, äht* sandygynyň gapagynyň üstünden+ ses gelerdi. Hudaý Musa bilen iki kerubyň+ arasyndan gepleşerdi.
8 Ýehowa Musa: 2 «Haruna aýt, şemdanyň ýedi şemini ýakyp, ýagtysy şemdanyň öňüne düşer ýaly edip goýsun»+ diýdi. 3 Harun Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, şemleri ýakyp, ýagtysy şemdanyň öňüne düşer ýaly edip goýdy+. 4 Şemdan altyndan çekiçlenip ýasalypdy. Ortaky direginden güllerine çenli çekiçlenip ýasalypdy+. Şemdany Ýehowanyň Musa görnüşde* görkezişi ýaly ýasadylar+.
5 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 6 «Ysraýyl halkynyň arasyndan lewileri saýla-da, hemmesini tämizle+. 7 Olary tämizlemek üçin günäden arassalaýan suwy üstlerine sep. Olar endamyndaky tüýlerini syryp, eşiklerini ýuwup, tämizlensinler+. 8 Soňra bir öküzçe+ we ýokary hilli una ýag garylan galla sadakasyny+ getirsinler. Sen bolsa günä gurbanlygy üçin başga bir öküzçe getir+. 9 Lewileri ýygnak çadyrynyň* öňüne getir-de, ysraýyl jemagatyny ýygna+. 10 Lewiler+ Ýehowanyň huzuryna gelende, ysraýyllar* olaryň kellesine elini goýsun. 11 Harun lewileri ysraýyllaryň göterme sadakasy+ hökmünde Ýehowa bagyş etsin*. Olar Ýehowa hyzmat etmelidir+.
12 Lewiler öküzçeleriň kellesine elini goýsun+. Lewileri günäden arassalamak+ üçin, öküzçeleriň birini Ýehowa günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip hödürläň. 13 Lewileri Harun bilen ogullarynyň öňünde durzup, Ýehowa göterme sadakasy hökmünde bagyş et. 14 Lewileri ysraýyllardan aýyrmalysyň, olar meniňki bolar+. 15 Şondan soň lewiler ýygnak çadyryna gelip, maňa hyzmat edip biler. Olary tabşyryşym ýaly tämizläp, göterme sadakasy hökmünde bagyş et. 16 Olar ysraýyllaryň arasyndan maňa bagyş edilen adamlardyr. Lewileri ysraýyllaryň nowbahar ogullaryna+ derek saýlap aldym. 17 Ysraýyl halkynyň ähli nowbaharlary: ynsanlaryň-da, mallaryň-da ilkinji doglan erkegi meniňkidir+. Olary müsürlileriň nowbaharlaryny heläklänimde+ özüme bagyş edipdim*. 18 Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri saýlaýaryn. 19 Olary ysraýyl halkyndan saýlap, Haruna we ogullaryna berýärin. Ysraýyllar mukaddes ýere golaýlaşyp heläk bolmaz ýaly+, lewiler halkyň adyndan ýygnak çadyrynda hyzmat edip+, olaryň günäleri üçin gurbanlyk bererler».
20 Musa, Harun we ysraýyl jemagaty lewiler hakda aýdylan zatlary berjaý etdiler. Ysraýyllar Ýehowanyň lewiler babatda Musa beren tabşyryklaryny doly ýerine ýetirdiler. 21 Lewiler tämizlenip, eşiklerini ýuwansoň+, Harun olary göterme sadakasy hökmünde Ýehowa bagyş etdi+. Soňra olary günäden arassalamak üçin gurbanlyk berdi+. 22 Şeýlelikde, lewiler Harun bilen ogullarynyň ýolbaşçylygy astynda ýygnak çadyrynda hyzmat edip başladylar. Ýehowa lewiler hakda Musa näme tabşyran bolsa, şony hem etdiler.
23 Ýehowa Musa: 24 «Lewiler hakda şeýle kanun berýärin: olaryň 25 ýaşa ýeten erkekleri ýygnak çadyrynda hyzmat edip başlasyn. 25 Ýöne 50 ýaşdan soň hyzmatyny goýsun, çadyrda hyzmat etmesin. 26 Ol ýygnak çadyrynda hyzmat edýän doganlaryna kömek edip biler, ýöne oňa hiç hili jogapkärçilik berilmesin. Lewiler we olaryň borçlary barada kanun şeýledir»+ diýdi.
9 Ysraýyllar Müsürden çykandan soň, ikinji ýylyň birinji aýynda+ Ýehowa Sinaý çölünde Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllar Pasha gurbanlygyny+ wagtynda+ taýynlasyn. 3 Pasha gurbanlygyny şu aýyň 14-i güni agşamara* öz wagtynda taýynlaň, ähli zady berlen kanuna we görkezmä görä ediň»+.
4 Musa ysraýyllara Pasha gurbanlygyny taýýarlamagy tabşyrdy. 5 Olar Sinaý çölünde birinji aýyň 14-i güni agşamara* Pasha gurbanlygyny taýynladylar. Halk ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdi.
6 Halkyň arasynda jesede degip haram bolan adamlar+ bardy. Şonuň üçin olar Pasha gurbanlygyny taýynlap bilmediler. Şol gün olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip+: 7 «Biz jesede degip haram bolduk. Indi bellenilen wagtda beýleki ysraýyllar bilen Ýehowa gurban berip bilmerismi?»+ diýdiler. 8 Şonda Musa: «Hany, garaşyň, Ýehowadan sorap göreýin»+ diýdi.
9 Ýehowa Musa: 10 «Ysraýyllara aýt: „Siz ýa geljekki nesilleriňizden biri jesede degip haram bolsa-da+, ýa uzak ýola gitse-de, Ýehowa üçin Pasha gurbanlygyny taýynlasyn. 11 Gurbanlygy ikinji aýyň+ 14-i güni agşamara* taýynlap, petir çörek* we ajy otlar+ bilen iýsinler. 12 Ertesi irdene çenli gurbanlykdan hiç zat galmasyn+. Gurbanlyk malynyň ýekeje süňküni hem döwmesinler+. Ony Pasha baradaky kanuna görä taýynlasynlar. 13 Eger tämiz ýa-da uzak ýola gitmedik adam Pasha gurbanlygyny taýynlamasa, onda ol halkyň arasyndan ýok edilsin*+, sebäbi ol adam Ýehowa üçin gurbanlygy wagtynda taýynlamady. Ol günäsi üçin jogap berer.
14 Araňyzdaky gelmişekler hem Pasha baradaky kanuna we görkezmä eýerip+, Ýehowa üçin Pasha gurbanlygyny taýynlasyn+. Gelmişek üçinem, ýerli halk üçinem bir kanun bolsun“»+ diýdi.
15 Mukaddes çadyr gurlan güni+ äht sandygy duran çadyry* bulut örtdi. Çadyryň üstündäki bulut gijelerine oda meňzäp, irdene çenli ýanyp durardy+. 16 Her gün şeýle bolardy: gündizine çadyryň depesinde bulut, gijesine bolsa ot durardy+. 17 Bulut çadyrdan ýokary göterilende, ysraýyllar dessine ýola düşerdiler+. Ol nirede saklansa, ysraýyllar hem şol ýerde düşlärdiler+. 18 Olar Ýehowanyň buýrugy bilen ýola düşerdiler, Ýehowanyň buýrugy bilen hem düşlärdiler+. Bulut çadyryň üstünden göterilýänçä, ýola düşmezdiler. 19 Bulut çadyryň depesinde köp wagt dursa-da, ysraýyllar Ýehowa gulak asyp, hiç ýere gitmezdiler+. 20 Käte bulut çadyryň depesinde sanlyja gün durardy. Olar Ýehowanyň buýrugy bilen düşlärdiler, Ýehowanyň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. 21 Käwagt bulut çadyryň üstünde ýekeje gije* durup, irden ýokary göterilerdi. Şonda halk ýola düşerdi. Gündiz bolsun, gije bolsun, bulut haçan göterilse, ýola düşerdiler+. 22 Bulut çadyryň depesinde iki gün, bir aý ýa-da uzak wagt dursa-da, ysraýyllar hiç ýere gitmän, düşelgede ýaşardylar. Bulut göterilende bolsa ýola düşerdiler. 23 Olar Ýehowanyň buýrugy bilen düşlärdiler, Ýehowanyň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly edip, Ýehowa gulak asardylar.
10 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Halky ýygnamak we çadyrlary sökdürmek üçin, özüňe kümüşden* iki surnaý+ ýasa. 3 Surnaýlaryň ikisi bile çalynsa, halk seniň ýanyňa, ýygnak çadyrynyň* agzyna gelsin+. 4 Biri çalynsa, diňe baştutanlar, ýagny ysraýyl müňbaşylary gelsin+.
5 Surnaý gysga-gysga çalynsa, gündogardaky düşelge+ ýola düşsün. 6 Surnaý ikinji gezek gysga çalynsa, günortadaky düşelge+ ýola düşsün. Her gezek surnaý gysga çalnanda, bir düşelge ýola düşsün.
7 Eger tutuş halky ýygnamaly bolsa, surnaýlary+ gysga çalmaň. 8 Surnaýlary Harunyň ruhany ogullary çalsyn+. Muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.
9 Size azar berýän duşmanlara garşy söweşe çykanyňyzda, ilaty söweşe çagyrmak üçin surnaý çalyň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyz dadyňyza ýetişip, duşmanlardan halas eder.
10 Şat günüňizde+, ýagny baýramçylyklarda+, her aýyň başynda ýakma+ we parahatlyk gurbanlyklary+ hödürläniňizde-de surnaý çalyň. Şonda Hudaýyňyz size nazar salar*. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn»+.
11 Äht sandygy duran mukaddes çadyryň*+ depesindäki bulut ikinji ýylyň ikinji aýynyň 20-sine+ ýokary göterildi. 12 Ysraýyllar Sinaý çölünden tertip boýunça ýola düşdüler+. Bulut Paran çölüne+ baryp saklandy. 13 Olar Ýehowanyň Musa beren buýrugy+ bilen, ilkinji gezek ýola düşüpdiler.
14 Ýahudalaryň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ilkinji bolup ýola düşdi. Olaryň baştutany Aminadabyň ogly Nahşondy+. 15 Ysahar taýpasynyň baştutany Zugaryň ogly Netaneldi+. 16 Zebulun taýpasynyň baştutany Helonyň ogly Alyýapdy+.
17 Mukaddes çadyr sökülende+, çadyry göterýän gerşonlar+ bilen merarlar+ ýola düşdi.
18 Rubenleriň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ýola düşdi. Olaryň baştutany Şeduryň ogly Alysurdy+. 19 Şimgon taýpasynyň baştutany Zuryşadaýyň ogly Şelumyýeldi+. 20 Gad taýpasynyň baştutany Deguweliň ogly Alyýasapdy+.
21 Soňra mukaddes çadyryň esbaplaryny göterýän kohatlar+ ýola düşdi. Kohatlar barýança, mukaddes çadyr gurulmalydy.
22 Efraýymlaryň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ýola düşdi. Olaryň baştutany Emihutyň ogly Alyşamdy+. 23 Manaşa taýpasynyň baştutany Pedahsuryň ogly Gamaliýeldi+. 24 Benýamin taýpasynyň baştutany Gedeýonaýyň ogly Abydandy+.
25 Danlaryň ýolbaşçylygyndaky üç taýpadan düzülen topar* ýola düşdi. Olar tutuş halkyň yzyndan ýöräp, ähli düşelgeleri goraglap barýardy. Olaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezerdi+. 26 Aşer taýpasynyň baştutany Okranyň ogly Pagyýeldi+. 27 Naftaly taýpasynyň baştutany Eýnanyň ogly Ahurady+. 28 Ysraýyllar göçende, topar-topar* bolup, şu tertipde ýola düşerdiler+.
29 Musa midýan gaýynatasy Reguweliň*+ ogly Hobaba: «Biz Ýehowanyň wada beren ýurduna+ barýarys. Ýör, biz bilen git+, saňa elimizden gelen ýagşylygy ederis. Ýehowa ysraýyl halkyna gowy zatlary wada berdi»+ diýdi. 30 Emma ol: «Ýok, men gitmäýin. Gowusy, öz ilime, dogan-garyndaşlarymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi. 31 Şonda Musa: «Bizi taşlap gitme. Sen çöle belet, nirede düşlemelidigini gowy bilýäň, bize ýol görkezersiň. 32 Eger biz bilen gitseň+, Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryny senem görersiň*» diýdi.
33 Şeýlelikde, olar Ýehowanyň dagyndan+ gaýdyp, üç gün ýol ýörediler. Düşläre ýer tapylýança+, üç günläp Ýehowanyň äht sandygyny+ halkyň öňünden göterip gitdiler. 34 Gündiz ýola düşenlerinde, Ýehowanyň buludy+ üstlerinden aýrylmazdy.
35 Her gezek äht sandygyny göterenlerinde, Musa: «Eý Ýehowa, aýaga gal!+ Duşmanlaryňy derbi-dagyn et, seni ýigrenýänler yzyna garaman gaçsyn!» diýerdi. 36 Sandygy goýanlarynda bolsa: «Eý Ýehowa, ägirt uly* ysraýyl halkyňa+ dolan!» diýerdi.
11 Günlerde bir gün halk Ýehowanyň öňünde zeýrenip başlady. Ýehowa muny eşidip, gahar-gazaba mündi. Ýehowa ot inderip, düşelgäniň gyrasyndaky käbir adamlary öldürdi. 2 Şonda halk perýat edip, Musadan kömek sorady. Ol Ýehowa ýalbaryp dileg etdi+ welin, ot söndi. 3 Şol ýere Tabera* diýdiler, sebäbi Ýehowa halkyň üstüne ot inderipdi+.
4 Halkyň arasyndaky gelmişekler+ öňki iýen zatlaryny küýsäp başladylar+. Ysraýyllar hem ýene nalap: «Indi ete-de zar bolduk!+ 5 Wah, şu wagt Müsürde mugt iýen balyklarymyz, hyýarlarymyz, garpyzlarymyz, ýaş soganlarymyz, sogan-sarymsaklarymyz bolsady!+ 6 Indi ysgyn-mydarymyz galmady. Mannadan+ başga görýän zadymyz ýok!» diýdiler.
7 Manna+ kinzanyň tohumy+ ýalydy, özem ýakymly ysly şepbige meňzeýärdi. 8 Adamlar çykyp, mannany ýygnardylar-da, degirmende üwärdiler ýa sokuda döwerdiler. Soňra mannany gazanda gaýnadardylar ýa-da çörek bişirerdiler+. Mannanyň tagamy ýag goşulyp bişirilen süýji külçe ýalydy. 9 Gije düşelgä çyg düşende, manna hem düşerdi+.
10 Musa her kimiň öz çadyrynyň agzynda oturyp, maşgalasy bilen dady-perýat edýänini eşitdi. Şonda Ýehowa gahar-gazaba mündi+. Musanyň hem gahary geldi. 11 Musa Ýehowa ýüzlenip: «Meni* näme üçin beýle gynaýaň? Bütin halkyň ýüküni boýnuma atar ýaly, eden etmişim näme?+ 12 Näme, olar meniň bagrymdan önen çagalarmy? Ata-babalaryna wada beren* ýurduňa barýançalar, eneke ýaly olary gujagyňda göter diýýäň. Men olaryň atasymy näme?*+ 13 Gözlerinden ýaş döküp: „Iýere et ber!“ diýip özelenýärler. Munça adama eti nireden alaýyn? 14 Halka baş bolmak ýeke özüme agyr düşýär+. 15 Maňa beýle azap çekdireniňden, häziriň özünde janymy al+. Eger menden razy bolsaň, indi bir köseme» diýdi.
16 Ýehowa Musa: «Ysraýyl ýaşulularyndan we ýolbaşçylaryndan+ başarjaň 70 adamy saýla-da, ýygnak çadyryna* getir. 17 Men aşak inip+, seniň bilen gepleşerin+. Sendäki mukaddes ruhdan+ olara-da bererin. Ýeke özüňe agram düşmez ýaly, olar halkyň ýüküni deň çekişer+. 18 Halka şeýle diý: „Ertire çenli tämizleniň+. Hemmäňiz et iýersiňiz. Ýehowa siziň: „Indi ete-de zar bolduk! Müsürde gowy ýaşaýardyk“+ diýen nalyşyňyzy eşitdi+. Ýehowa size iýere et berer+. 19 Özem 1 gün, 2 gün, 5 gün, 10 gün ýa 20 gün däl, 20 tutuş bir aýlap, agzyňyzdan-burnuňyzdan gelýänçä, aşa düşýänçäňiz iýersiňiz+. Sebäbi siz araňyzda mesgen tutan Ýehowadan ýüz öwürdiňiz. „Müsürden näme üçin gaýtdyk?“ diýip, onuň öňünde naladyňyz“»+ diýdi.
21 Şonda Musa: «Halkyň erkekleriniň özi 600 000 adam+. Sen bolsa: „Olara bir aýlap et iýdirerin“ diýýäň. 22 Mallaryň baryny soýup, deňziň ähli balygyny tutsagam, olara ýetmez» diýdi.
23 Ýehowa: «Näme, Ýehowanyň eli gysgadyr öýdýäňmi?+ Aýdan zadym bolarmy ýa ýok, özüň görersiň» diýip jogap berdi.
24 Musa çykyp, Ýehowanyň sözlerini halka ýetirdi. Soňra halkyň ýaşulularyndan 70 adamy ýygnap, olary ýygnak çadyrynyň töwereginde duruzdy+. 25 Ýehowa buludyň içinde aşak inip+, Musa bilen gepleşdi+. Ol Musadaky mukaddes ruhdan alyp+, 70 ýaşula berdi. Üstlerine mukaddes ruh inen badyna, olar pygamberlik edip* başladylar+. Beýle ýagdaý soň gaýtalanmady.
26 Ýaşululardan Eldat bilen Medat diýen iki adam düşelgede galypdy. Olar ýygnak çadyryna gitmese-de, üstlerine mukaddes ruh indi. Sebäbi ýazga alnan beýleki ýaşulularyň arasynda olaryň hem ady bardy. Olar düşelgede pygamberlik edip başladylar. 27 Bir ýigit ylgap gelip: «Eldat bilen Medat düşelgede pygamberlik edýär!» diýip, Musa habar berdi. 28 Şonda ýaşlygyndan Musa hyzmat edýän Nun ogly Ýuşa+: «Musa, agam, olary saklasana!»+ diýdi. 29 Musa bolsa: «Sen meniň abraýymy alada edýäňmi?* Men-ä Ýehowanyň bütin halkynyň pygamber bolmagyny, Ýehowanyň öz ruhuny olara-da bermegini isleýärin» diýdi. 30 Biraz wagtdan Musa ysraýyl ýaşululary bilen düşelgä dolandy.
31 Ýehowa ýel öwüsdirip, deňiz tarapdan düşelgä bedene getirdi. Düşelgäniň daş-töweregi bir günlük ýol aralykda bedeneden doldy+. Olar ýerden iki tirsek* belentlikde uçuşyp ýördi*. 32 Adamlar şol gün gijesi bilen, ertesi günem bedene tutdular. Hiç kim on ganardan* az ýygnamady. Olar üýşüren bedenelerini düşelgäniň töweregine serip goýdular. 33 Emma eti heniz iýip gutarmankalar, Ýehowanyň olara gahary geldi. Ýehowa halky gyryp başlady+.
34 Şol ýere Kibrot-hatawa*+ diýdiler, sebäbi açgözlük edenleri+ şol ýerde jaýlapdylar. 35 Soňra halk Kibrot-hatawadan Haserota göçdi+.
12 Merýem bilen Harun Musany kuşly aýala+ öýlenendigi üçin ýazgaryp başlady. 2 Olar: «Näme, Ýehowa diňe Musa arkaly gepleşýärmi? Biz arkaly gepleşenokmy?»+ diýişdiler. Ýehowa olaryň aýdanlaryny diňleýärdi+. 3 Ýer ýüzünde Musa ýaly ýumşak adam+ ýokdy*.
4 Birdenkä Ýehowa Musa, Haruna we Merýeme: «Üçiňizem ýygnak çadyryna* geliň» diýdi. Olaryň üçüsi hem geldi. 5 Ýehowa bulut sütüninde aşak inip+, çadyryň agzynda durdy-da, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olaryň ikisi öňe çykdy. 6 Şonda Hudaý: «Meni ünsli diňläň. Eger araňyzda biri Ýehowanyň pygamberi bolsa, oňa görnüşde* görnerdim+, düýşünde gepleşerdim+. 7 Ýöne gulum Musa bilen beýle däl. Oňa bütin halkymy* ynandym+. 8 Men Musa bilen ýüzbe-ýüz gepleşýärin+, aýtjak zadymy aýlap däl-de, göni aýdýaryn. Musa Ýehowanyň keşbini görýär. Onsoň siz nädip gorkman, gulum Musa garşy çykyp bildiňiz?» diýdi.
9 Şeýdip, Ýehowa gaharyna olaryň ýanyndan gitdi. 10 Bulut çadyryň üstünden göterilen badyna, Merýem heýwere keseline uçrap, endamy gar ýaly ap-ak boldy+. Harun görse, Merýem heýwere keseline+ uçrapdyr. 11 Şonda Harun Musa ýalbaryp başlady. Ol: «Ýalbarýaryn, agam*, etmişimiz üçin jeza berme! Akmaklyk edip, günä galdyk. 12 Uýamyz Merýem ýarty bedeni çüýräp, öli doglan çaga ýaly bolmasyn!» diýdi. 13 Musa bolsa Ýehowa: «Eý Hudaý, ýalbarýaryn, Merýemi sagalt! Ýalbarýaryn!» diýip dileg etdi+.
14 Şonda Ýehowa: «Eger atasy ýüzüne tüýküren bolsa, ol ýedi günläp ile çykyp bilerdimi? Goý, ol ýedi gün düşelgäniň daşynda bolsun+. Soňra ýene düşelgä girip biler» diýdi. 15 Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda boldy+. Ol gelýänçä, halk ýola düşmedi. 16 Şondan soň olar Haserotdan+ gaýdyp, Paran çölünde+ ýaşap başladylar.
13 Soňra Ýehowa Musa: 2 «Her taýpadan+ bir baştutany+ saýla-da, ysraýyllara berjek Kengan ýurdumy gözden geçirmäge iber» diýdi.
3 Musa Ýehowanyň buýrugy bilen, olary Paran çölünden+ ýola saldy. Olaryň hemmesi ysraýyl baştutanlarydy. 4 Olaryň atlary şulardyr: ruben taýpasyndan Zakuryň ogly Şamuw, 5 şimgon taýpasyndan Horuň ogly Şapat, 6 ýahuda taýpasyndan Ýepunnanyň ogly Kalep+, 7 ysahar taýpasyndan Ýusubyň ogly Ygal, 8 efraýym taýpasyndan Nunuň ogly Hoseýa+, 9 benýamin taýpasyndan Rafunyň ogly Palta, 10 zebulun taýpasyndan Sadanyň ogly Gadyýal, 11 Ýusubyň taýpasyndan+, ýagny manaşa taýpasyndan+ Suzanyň ogly Gaddy, 12 dan taýpasyndan Gemalyň ogly Emiýel, 13 aşer taýpasyndan Mikaýylyň ogly Setur, 14 naftaly taýpasyndan Wopsynyň ogly Nahba, 15 gad taýpasyndan Mahyň ogly Gewel. 16 Musa olary ýurdy gözden geçirmäge iberdi. Musa Nunuň ogly Hoseýanyň adyny Ýuşa*+ diýip üýtgetdi.
17 Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmäge ugradyp: «Ilki Negebe, soňam daglaryna baryň+. 18 Ýurt nähili+, ilaty güýçlümi ýa ejiz, köpmi ýa az, 19 ýurt gowumy ýa erbet, olar galada ýaşaýarmy ýa obada, 20 mes topraklymy ýa gurak*+, bag-bakjalymy ýa takyrlyk, bilip geliň. Hiç zatdan gorkmaň+, ir-iýmişlerden hem alyp gaýdyň» diýdi. Şol wagt üzüm bişip başlapdy+.
21 Olar ýola düşüp, Zin çölünden+ tä Lebo-hamatyň*+ golaýyndaky Rehoba+ çenli aýlandylar. 22 Negebiň üsti bilen Hebrona+ bardylar. Ol ýerde Anak+ ogullary* Ahyman, Şeşaý, Talmaý*+ ýaşaýardy. Hebron Müsüriň Suwan şäherinden ýedi ýyl öň gurlupdy. 23 Eşkol jülgesine+ ýetenlerinde, bir salkym üzümi şahasy bilen kesip aldylar. Üzümi taýakdan asyp, iki adam bolup göterdiler. Nar bilen injir hem alyp gaýtdylar+. 24 Üzüm salkymy alnan ýere Eşkol* jülgesi+ diýdiler.
25 Olar ýurdy gözden geçirip, 40 günden+ yzlaryna geldiler. 26 Paran çölündäki Kadeşe+ Musanyň, Harunyň we ysraýyl halkynyň ýanyna geldiler. Gören-eşidenlerini halka gürrüň berip, getiren ir-iýmişlerini görkezdiler. 27 Olar Musa: «Iberen ýurduňa aýlandyk. Dogrudanam, süýt bilen bal akýan ýurt+ eken. Ine miwelerini hem getirdik+. 28 Ýöne ýurduň ilaty diýseň güýçli, galalary bolsa beýik eken. Ol ýerde anaklary hem gördük+. 29 Negepde+ amalekler+, daglarda hetler, ýabuslar+ bilen amorlar+, deňziň we Iordanyň ýakasynda bolsa kenganlar+ ýaşaýan eken»+ diýip gürrüň berdiler.
30 Kalep Musanyň öňüne ýygnanan halky köşeşdirjek bolup: «Ýörüň, haýal etmän gideliň. Ýurdy arkaýyn basyp alarys, ýurt biziňki bolar»+ diýdi. 31 Emma ýanynda giden ýoldaşlary: «Biz olar bilen söweşip bilmeris. Olar bizden has güýçli»+ diýdiler. 32 Olar gözden geçiren ýurtlary hakda ysraýyllara erbet zatlary aýdyp+: «Görüp gaýdan ýurdumyzda ýaşar ýaly däl, örän howply. Adamlaryň ählisi äpet+. 33 Ol ýerde pilmahmytlary*, olardan dörän anaklary+ gördük. Biz olaryň ýanynda çekirtge ýaly, olar hem bize çekirtgä sereden ýaly seretdi» diýdiler.
14 Şonda halk perýat edip başlady. Olar şol gijäni aglap-eňräp geçirdiler+. 2 Ysraýyllaryň bary Musa bilen Haruna igenip başlady+. Bütin halk olara garşy çykyp: «Müsürde ýa şu çölde ölen bolsak gowy bolardy! 3 Ýehowa bizi ol ýurda äkidip, gylyçdan geçirjek bolýarmyka?+ Aýallarymyz, çagalarymyz ýesir düşer+. Ondan-a Müsüre gidenimiz hem gowy!»+ diýişdiler. 4 Olar hatda biri-birine: «Geliň, özümize baştutan belläp, Müsüre dolanalyň!»+ diýişdiler.
5 Muny eşiden Musa bilen Harun halkyň öňünde ýüzlerini ýere berdiler. 6 Ýurdy gözden geçirmäge gidenlerden Nunuň ogly Ýuşa+ bilen Ýepunnanyň ogly Kalep+ bolsa ýakasyny ýyrtyp, 7 halka şeýle diýdiler: «Görüp gaýdan ýurdumyz juda gowy+. 8 Ýehowa bizden razy bolsa, hökman şol ýere elter. Süýt bilen bal akýan ýurdy mülk edip berer+. 9 Ýöne Ýehowanyň garşysyna çykmaň, ýurduň halkyndan gorkmaň+. Biz olary bir demde ýok ederis. Olaryň hiç hili goragy ýok, biziň arkamyzda bolsa Ýehowa dur+. Olardan gorkmaň».
10 Emma halk olary daşlajak boldy+. Şonda ähli ysraýyllara ýygnak çadyrynyň* üstünde Ýehowanyň şöhraty göründi+.
11 Ýehowa Musa: «Halk meni haçana çenli äsgermezlik etjekkä?+ Şunça gudratymy görübem, maňa haçana çenli ynanmazçylyk etjekkä?+ 12 Gowusy, olary mergi bilen gyryp taşlaýyn-da, senden has beýik hem güýçli halk döredeýin»+ diýdi.
13 Emma Musa Ýehowa: «Beýik güýjüň bilen Müsürden çykaran halkyňy gyrsaň, müsürliler näme diýer? Olar muny eşidip+, 14 Kengandaky halklara-da gürrüň bererler. Eý Ýehowa, seniň ysraýyl halkyňy goldap+, olara görnendigiňi*+ şol halklar hem eşitdiler ahyryn. Olar seniň Ýehowadygyňy we halkyň üstüne bir bulut goýup, gündizine bulut, gijesine ot sütüni bilen ýol görkezýäniňi bilýärler+. 15 Eger halkyň baryny birden ýok etseň, şöhratyň barada eşiden halklar: 16 „Ýehowa halkyny wada beren* ýurduna eltip bilmän, çölde gyrypdyr“+ diýmezlermi? 17 Ýalbarýaryn, Ýehowa, wada berişiň ýaly, beýik güýjüňi görkez. Sen: 18 „Ýehowa giň göwünli*, wepaly söýgä* baý+, etmişi we ýazygy bagyşlaýan Hudaýdyr. Ýöne günäkäri jezasyz goýýan däldir, atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýändir“+ diýipdiň. 19 Ýalbarýaryn, Müsürden çykaran halkyňy şu wagta çenli bagyşlaýşyň ýaly, beýik wepaly söýgiň bilen ýene-de bagyşla»+ diýdi.
20 Şonda Ýehowa: «Bolýar, aýdyşyň ýaly, olary bagyşlaýyn+. 21 Men diri şaýatdyryn, bütin ýer ýüzi Ýehowanyň şöhratyndan dolar+. 22 Emma Müsürde we çölde meniň şöhratymy, görkezen gudratymy görse-de+, meni telim* gezek synap+, sözüme gulak asmadyklaryň+ hiç biri 23 ata-babalaryna wada beren* ýurdumy görmez. Meni sylamadyklaryň ýekejesi-de şol ýurda aýak basmaz+. 24 Ýöne gulum Kalep+ olar ýaly däldir*. Ol maňa bütin ýüregi bilen gulak asýar. Şol sebäpli Kalebi görüp gaýdan ýurduna elterin, nesline mülk edip bererin+. 25 Ertir Gyzyl deňze barýan ýol bilen yzyňyza çöle gidiň, sebäbi jülgede amalekler bilen kenganlar+ ýaşaýar»+ diýdi.
26 Soňra Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 27 «Zalym halk haçana çenli maňa hüňürdejekkä?+ Olaryň menden zeýrenýänini eşitdim+. 28 Olara aýt, Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn, nämeden zeýrenýän bolsaňyz, şony hem başyňyzdan indererin+. 29 Jesetleriňiz şu çölde galar+. Ilat ýazuwynda 20 ýaşdan başlap hasaba alnanlar, ýagny maňa igenenleriň bary öler+. 30 Ýepunnanyň ogly Kalepden we Nunuň ogly Ýuşadan+ başga hiç haýsyňyz wada beren* ýurduma girmersiňiz+.
31 Şol ýurda ýesir düşer öýdüp gorkan çagalaryňyzy elterin+. Olar siziň nähili ýurtdan ýüz öwrendigiňizi görerler+. 32 Siziň jesetleriňiz bolsa şu çölde galar. 33 Baryňyz gyrylýançaňyz, ogullaryňyz çölde 40 ýyllap+ çopançylyk edip, siziň biwepalygyňyz üçin jebir çeker+. 34 Ýurdy 40 günläp+ gözden geçiren bolsaňyz, her güne bir ýyl hasabynda, 40 ýyllap+ günäleriňize jogap berersiňiz. Şonda maňa garşy çykmagyň nähili elhençdigine düşünersiňiz.
35 Muny men — Ýehowa aýdýandyryn. Maňa garşy giden zalym halkyň soňuna çykaryn. Olar şu çölde heläk bolar+. 36 Musanyň ýurdy gözden geçirmäge iberen adamlary, erbet habar getirip, halky Musa garşy öjükdirenler+, 37 ýurt hakynda ýaramaz zatlary aýdanlar Ýehowanyň elinden heläk bolar+. 38 Ýurdy görmäge gidenlerden diňe Nunuň ogly Ýuşa bilen Ýepunnanyň ogly Kalep diri galar“»+.
39 Musa muny ysraýyllara aýtdy, olar dady-perýat edip başladylar. 40 Ertesi olar daň bilen turup: «Biz günä etdik. Indi Ýehowanyň aýdan ýurduna gitmäge taýyn» diýdiler-de, daga çykjak boldular+. 41 Emma Musa: «Ýehowanyň tabşyrygyna näme üçin boýun bolaňyzok? Beýtseňiz, gowulygyň üstünden barmarsyňyz. 42 Gitmäň, Ýehowa sizi goldamaz. Duşmanlar sizi derbi-dagyn eder+. 43 Amalekler bilen kenganlar üstüňize hüjüm edip+, gylyçdan geçirer. Ýehowadan ýüz öwrendigiňiz üçin, Ýehowa sizi goldamaz»+ diýdi.
44 Olar şonda-da kesirlik edip, daga çykdylar+. Ýehowanyň äht sandygy bilen Musa bolsa düşelgede*+ galdy. 45 Dagda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar bolsa aşak düşüp, ysraýyllary derbi-dagyn etdiler-de, Horma+ çenli kowaladylar.
15 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Mülk edip berjek ýurduma baranyňyzda+, 3 mal-garaňyzdan Ýehowa ýakylyp berilýän, Ýehowa üçin ýakymly ysly gurbanlyklary+: ýakma gurbanlygy+, wada berlen ýa-da göwnüňden çykarylyp berilýän gurbanlygy+, baýramçylyklarda+ hödürlenýän gurbanlygy berseňiz, 4 bir jam* ýokary hilli una+ bir golça* ýag garyp, Ýehowa galla sadakasyny-da getiriň. 5 Ýakma gurbanlygynyň+ ýa-da erkek toklynyň ýany bilen şerap sadakasy hökmünde bir golça* şerap hem getiriň. 6 Goç gurbanlyk bereniňizde, galla sadakasy üçin iki jam* ýokary hilli una bir ýarym golça* ýag garyp getiriň. 7 Bir ýarym golça şeraby bolsa Ýehowa ýakymly ysly şerap sadakasy edip beriň.
8 Eger Ýehowa ýakma gurbanlygy+, wada berlen+ ýa-da parahatlyk gurbanlygy+ hökmünde öküz berjek bolsaňyz, 9 ýany bilen üç jam* ýokary hilli una ýarym küýze ýag garyp, galla sadakasyny+ hem getiriň. 10 Ýarym küýze şeraby bolsa Ýehowa ýakylyp berilýän ýakymly ysly şerap sadakasy+ edip hödürläň. 11 Her öküziň, goçuň, erkek toklynyň ýa-da tekäniň ýany bilen şol sadakalary bermelisiňiz. 12 Näçe maly gurbanlyk berseňiz, hersi üçin galla we şerap sadakasyny hödürläň. 13 Ysraýyllar Ýehowa ýakylyp berilýän ýakymly ysly gurbanlyklary şeýdip hödürlesin.
14 Täze göçüp gelen we uzak wagt bäri ýaşaýan gelmişekler hem Ýehowa ýakylyp berilýän ýakymly ysly gurbanlyklary siziňki ýaly edip hödürlesin+. 15 Ýerli halk üçin hem, gelmişek üçin hem kanun birdir. Muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. Ýehowanyň sizden-de, gelmişeklerden-de edýän talaby birmeňzeşdir+. 16 Siziň üçin hem, araňyzda ýaşaýan gelmişek üçin hem bir kanun we perman bolsun“».
17 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 18 «Ysraýyllara aýt: „Size berjek ýurduma baryp, 19 şol ýurduň hasylyny* iýersiňiz+. Şonda Ýehowa sadaka beriň. 20 Hasylyň ilkinji+ unundan halka görnüşli çörek bişirip getiriň. Olary harmandan getirilen sadaka ýaly hödürläň. 21 Hasylyň ilkinji unundan Ýehowa sadaka bermek siziň üçin nesilden-nesle hemişelik kanun bolsun.
22 Eger ýalňyşyp, Ýehowanyň Musa arkaly beren tabşyryklarynyň birini bozsaňyz, 23 Ýehowanyň Musa arkaly size we nesliňize beren tabşyryklaryny, Ýehowanyň tabşyran gününden bäri aýdan zatlaryny etmeseňiz, 24 bilmän ýalňyşlyk goýberseňiz, halkyň hem mundan habary bolmasa, halk bir öküzçäni Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip bersin. Kanunda tabşyrylyşy ýaly, ýany bilen galla we şerap sadakalaryny-da getirsinler+. Bir owlagy hem günä gurbanlygy edip hödürlesinler+. 25 Ruhany ysraýyl halkynyň günäsini ýuwsun. Şonda olaryň günäsi bagyşlanar+. Sebäbi olar muny bilmän etdiler we Ýehowa ýakma gurbanlygyny, günäleri üçin bolsa Ýehowa günä gurbanlygyny hödürlediler. 26 Bilmän günä edendikleri üçin, ysraýyllaryň-da, gelmişekleriň-de günäsi geçiler.
27 Eger biri bilmän günä etse, birýaşar geçini günä gurbanlygy edip bersin+. 28 Ruhany Ýehowanyň öňünde bilmän günä eden adamy günäden arassalasyn. Şonda günäsi bagyşlanar+. 29 Ysraýyllardan ýa gelmişeklerden bolsun, bilmän günä eden adam üçin bir kanun bolsun+.
30 Ýöne ysraýyllardan bolsun, gelmişeklerden bolsun, bilgeşleýin günä edip+, Ýehowa dil ýetirýän adam halkyň arasyndan ýok edilsin*. 31 Ýehowanyň sözüne biperwaý garap, tabşyrygyny bozandygy üçin, ol hökman öldürilsin+. Günäsi öz boýnunadyr“»+.
32 Ysraýyllar çöldekä, Sabat güni+ bir adamyň odun çöpläp ýörendigini gördüler. 33 Odun çöpleýänini görenler ony Musanyň, Harunyň we halkyň ýanyna getirdiler. 34 Oňa nähili çäre görmelidigini bilmän, tussaglykda sakladylar+.
35 Ýehowa Musa: «Ol adamy hökman öldüriň+. Halk ony düşelgäniň daşynda daşlasyn»+ diýdi. 36 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, halk ony düşelgeden çykaryp, daşlap öldürdi.
37 Soňra Ýehowa Musa: 38 «Ysraýyllara aýt, donlarynyň etegini seçekläp, üstünden gök ýüp geçirsinler+. Muny nesilden-nesle berjaý ediň. 39 Seçekler size Ýehowanyň tabşyryklaryny we olary berjaý etmelidigini ýatladyp durar+. Ýüregiňiziň we gözüňiziň islegine kowalaşyp, Hudaýa biwepalyk etmäň+. 40 Muny meniň tabşyryklarymy ýatda saklap, berjaý etmegiňiz we Hudaýyň öňünde mukaddes bolmagyňyz+ üçin aýdýaryn. 41 Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. Sizi Müsür ýurdundan çykaryp, Hudaýyňyz boldum+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn»+ diýdi.
16 Lewiniň+ çowlugy, Kohatyň+ agtygy, Ýysharyň+ ogly Karun+ we ruben taýpasyndan+ Alyýabyň ogullary Datan bilen Abyram+, Peleziň ogly Ohan agyz birikdirip, 2 Musa garşy gozgalaň turuzdylar. Ysraýyl halkyndan saýlanan at-abraýly 250 baştutan hem olara goşuldy. 3 Olar üýşüp+, Musa bilen Haruna: «Indi besdir! Tutuş halk, adamlaryň hemmesi mukaddes+, Ýehowa-da olaryň arasynda+. Siz näme üçin özüňizi Ýehowanyň halkyndan ýokary tutýaňyz?» diýdiler.
4 Muny eşidip, Musa ýüzüni ýere berdi. 5 Ol Karun bilen tarapdarlaryna: «Ertir irden Ýehowa kimi saýlandygyny+, kimiň mukaddesdigini, huzuryna kimiň baryp bilýändigini+ görkezer. Ol kimi saýlasa+, şol hem huzuryna barar. 6 Karun, sen ýoldaşlaryň+ bilen külatarlaryňy+ al-da, 7 içine köz salyp, ertir Ýehowanyň öňünde tütetgi ýak. Ýehowa kimi saýlasa+, şol hem mukaddesdir. Lewi ogullary+, görýärin welin, siz hetden aşýaňyz!» diýdi.
8 Musa Karuna: «Lewi ogullary, aýtjak zadymy diňläň. 9 Ysraýyl Hudaýy sizi halkyň arasyndan saýlap+, Ýehowanyň çadyrynda we halkyň öňünde hyzmat etmäge belledi+. Näme, şony hem az görýäňizmi? 10 Hudaý seni we lewi doganlaryňy özüne ýakynlaşdyrdy. Indi ruhanylyga-da göz gyzdyrýaňyzmy?+ 11 Sen ýoldaşlaryň bilen Ýehowa garşy gidýäň. Haruna hüňürdär+ ýaly, ol kim?!» diýdi.
12 Soňra Musa Alyýabyň ogullary Datan bilen Abyramyň+ yzyndan adam iberdi. Olar bolsa: «Barjak däl! 13 Bizi süýt bilen bal akýan ýurtdan alyp gaýdyp, çölde gyrýanyňy az görýäňmi?+ Indi üstümizden han-soltan boljak bolýaňmy? 14 Hany bize miras edip berjek süýt bilen bal akýan ýurduň+, ekin meýdanlaryň, üzümlikleriň? Näme, ýanymyzdaky adamlaryň hem başyny-gözüni aýlajak bolýaňmy? Biz barmarys!» diýdiler.
15 Musanyň muňa gahary gelip, Ýehowa: «Olaryň galla sadakasyny kabul etme. Heý, men olaryň biriniň eşegini aldymmy ýa ýamanlyk etdimmi?»+ diýdi.
16 Soňra Musa Karuna: «Ertir ýoldaşlaryň bilen Ýehowanyň huzuryna gel. Senem, olaram, Harunam gelsin. 17 Heriňiz öz külataryňyza tütetgi salyp, Ýehowanyň huzuryna geliň, 250 adam hem külatarlaryny alyp, seniň bilen Harunyň ýanynda dursun» diýdi. 18 Olar külatarlaryna köz we tütetgi salyp, ýygnak çadyrynyň* agzyna, Musa bilen Harunyň ýanyna geldiler. 19 Karun tarapdarlaryny+ olara garşy ýygnak çadyrynyň agzyna üýşürende, bütin jemagata Ýehowanyň şöhraty göründi+.
20 Ýehowa Musa bilen Haruna: 21 «Olaryň ýanyndan aýrylyň, häziriň özünde baryny ýok edeýin!»+ diýdi. 22 Musa bilen Harun bolsa ýüzlerini ýere berip: «Ýa Alla, adamzada ýaşaýyş berýän Hudaý!+ Bir adamyň günäsi üçin bütin halka gaharlanýaňmy?»+ diýdiler.
23 Ýehowa Musa: 24 «Halka aýt, olar Karunyň, Datanyň we Abyramyň+ çadyrlaryndan gyra çekilsin» diýdi.
25 Soňra Musa ysraýyl ýaşululary+ bilen Datanyň we Abyramyň ýanyna gitdi. 26 Ol adamlara: «Eý halaýyk, päliýamanlaryň çadyryndan çekiliň! Olaryň hiç zadyna el degirmäň. Ýogsam olaryň günäleri sebäpli, siz hem heläk bolarsyňyz» diýdi. 27 Halk şol bada Karunyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan gyra çekildi. Datan bilen Abyram bolsa daşaryk çykyp, aýallary, ogullary, çaga-çugalary bilen öz çadyrlarynyň agzynda durdular.
28 Musa: «Häzir meni Ýehowanyň iberendigine düşünersiňiz, men hiç zady özbaşdak edýän däldirin. 29 Eger şu adamlar öz ajalyna ölse, olara hemme kişiniň başyna gelýän ölümden başga jeza berilmese, onda meni Ýehowanyň ibermedigidir+. 30 Emma Ýehowa görlüp-eşidilmedik bir zat etse, ýer ýarylyp, olary emlägi bilen ýuwutsa, diriligine mazara* inseler, diýmek, olar Ýehowany äsgermezlik edendir» diýdi.
31 Musa gepläp bolan badyna, olaryň duran ýeri darka ýaryldy+. 32 Olary, öý-içerisini, Karunyň+ adamlaryny we mal-mülküni ýer ýuwutdy. 33 Olar bütin hojalygy bilen diriligine mazara* indiler. Ählisi ýeriň astynda galyp, zym-zyýat boldy*+. 34 Şol töwerekde duran ysraýyllar olaryň gykylygyny eşidip: «Ýer bizi hem ýuwudaýmasyn!» diýip gaçdylar. 35 Soňra Ýehowa ot inderdi-de+, tütetgi hödürlän 250 adamy ýakyp kül etdi+.
36 Ýehowa Musa: 37 «Harun ruhanynyň ogly Algazara aýt, külatarlary+ oduň içinden alsyn, olar mukaddesdir. Közleri bolsa bir çete zyňsyn. 38 Günä edip, öz başyna ýetenleriň külatarlaryndan gurbanlyk ojagynyň*+ daşyny ýapmak üçin ýukajyk gapaklary ýasaň. Külatarlar mukaddesdir, sebäbi Ýehowanyň huzuryna getirildi. Şol gapaklary gören ysraýyllar özüne sapak ediner»+ diýdi. 39 Algazar ruhany otdan ölen adamlaryň mis külatarlaryny ýenjip, gurbanlyk ojagynyň daşyny ýapmak üçin gapak ýasady. 40 Ol Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly etdi. Gapaklar ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk keseki adamyň Ýehowanyň huzurynda tütetgi ýakmaly däldigini ýatlatmalydy+. Hiç kim Karun bilen tarapdarlary ýaly bolmaly däldi+.
41 Ertesi tutuş halk ýene-de Musa bilen Haruna igenip+: «Ikiňiz Ýehowanyň halkyny gyrdyňyz!» diýdi. 42 Bütin halk üýşüp, Musa bilen Haruna garşy çykdy. Olar ýygnak çadyryna seretdiler welin, çadyry bulut büräp, Ýehowanyň şöhraty görnüp başlady+.
43 Musa bilen Harun ýygnak çadyrynyň ýanyna bardy+. 44 Şonda Ýehowa Musa: 45 «Olaryň arasyndan aýrylyň, häziriň özünde barynyň ýoguna ýanaýyn!»+ diýdi. Muny eşidip, Musa bilen Harun ýüzlerini ýere berdiler+. 46 Musa Haruna: «Külatara gurbanlyk ojagyndan+ köz salyp, üstüne tütetgi goý-da, çaltrak halkyň ýanyna bar. Olaryň günäleriniň geçilmegi+ üçin tütetgi ýak. Ýehowa gahar-gazaba münüp, olary gyryp başlady!» diýdi. 47 Harun Musanyň aýdyşy ýaly dessine ylgap halkyň ýanyna bardy. Görse, gyrgynçylyk başlapdyr. Ol halkyň günäsiniň geçilmegi üçin, külatarda tütetgi ýakyp başlady. 48 Ol ölenleriň we diri galanlaryň arasynda durdy. Şonda gyrgynçylyk togtady. 49 Karunyň gozgalaňy sebäpli ölenleri hasap etmeseň, şol gyrgynçylykda 14 700 adam heläk boldy. 50 Gyrgynçylyk saklanan badyna, Harun ýygnak çadyrynyň agzyna, Musanyň ýanyna geldi.
17 Soňra Ýehowa Musa: 2 «Ysraýyllara aýt, goý, her baştutan öz taýpasy+ üçin bir hasa getirsin. Jemi 12 hasa bolsun. Her baştutanyň adyny öz hasasyna ýaz. 3 Harunyň adyny lewileriň hasasyna ýaz, sebäbi her baştutan üçin bir hasa bolmalydyr. 4 Hasalary ýygnak çadyrynda* siz bilen gepleşýän* ýerimde+, äht* sandygynyň+ öňünde goý. 5 Kimi saýlasam+, şonuň hasasy güllär. Şeýdip, maňa+ we size igenýän ysraýyllary dymdyraryn»+ diýdi.
6 Musa aýdylanlary halka ýetirdi. Şonda her baştutan öz taýpasy üçin bir hasa, jemi 12 hasa getirdi. Harunyň hasasy hem olaryň arasyndady. 7 Musa hasalary äht sandygy duran mukaddes çadyra* eltip, Ýehowanyň huzurynda goýdy.
8 Ertesi Musa äht sandygy duran mukaddes çadyra* baryp görse, lewilerden Harunyň hasasy gülläpdir. Hasa pyntyklap, gül açypdyr, onda bişen badamlar hem bar eken. 9 Musa hasalary Ýehowanyň huzuryndan alyp gaýdyp, ysraýyllara görkezdi. Her kim öz hasasyny aldy.
10 Ýehowa Musa: «Harunyň hasasyny+ ýene-de äht* sandygynyň öňünde goý. Hasany gozgalaň turuzmak+ isleýänlere duýduryş hökmünde sakla+. Indiden beýläk ysraýyllar maňa hüňürdäp, heläk bolmasyn» diýdi. 11 Musa Ýehowanyň buýrugyny dessine ýerine ýetirdi. Ähli zady aýdyşy ýaly etdi.
12 Soňra ysraýyllar Musa: «Işimiz gaýtdy! Indi barymyz gyrlyp, heläk bolarys! 13 Ýehowanyň çadyryna sähelçe golaýlaşan adam hem öler!+ Hemmämiz şeýdip ölüp gidäýmelimi?»+ diýdiler.
18 Ýehowa Haruna şeýle diýdi: «Mukaddes çadyra+ garşy edilen günälere sen, ogullaryň we nesilleriň jogap berer. Ruhanylyk borjy bilen bagly günälere-de sen we ogullaryň jogapkärdir+. 2 Lewi taýpasyndan doganlaryňy getir. Olar size goşulyp, äht sandygy duran çadyryň*+ öňünde saňa+ we ogullaryňa hyzmat etsinler. 3 Olar seniň tabşyran zatlaryňy we çadyryň işlerini etsinler+. Ýöne mukaddes çadyryň esbaplaryna, gurbanlyk ojagyna* golaýlaşmasynlar. Ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz+. 4 Olar saňa goşulyp, ýygnak çadyry* we onuň hyzmaty bilen bagly işleri etsinler. Keseki adam* ýanyňyza gelmesin+. 5 Mundan beýläk ysraýyl halkyna gaharym gelmez ýaly+, mukaddes ýer+ we gurbanlyk ojagy+ bilen bagly borçlaryňyzy ýerine ýetiriň. 6 Lewi doganlaryňyzy ysraýyllardan saýlap, size berdim*+. Olar ýygnak çadyrynda hyzmat etmek üçin Ýehowa bagyş edilen adamlardyr+. 7 Sen bolsa ogullaryň bilen gurbanlyk ojagynda we tutynyň aňyrsynda+ ruhanylyk borçlaryny ýerine ýetir+. Ruhanylygy size berdim*. Keseki adam* mukaddes çadyra golaýlaşsa, hökman öldürilsin»+.
8 Soňra Ýehowa Haruna: «Maňa berilýän sadakalara+ sen gözegçilik edersiň. Ysraýyllaryň getirýän ähli mukaddes zatlaryndan saňa we ogullaryňa hemişelik paý berýärin+. 9 Ýakylyp berilýän iň mukaddes gurbanlardan halkyň maňa berýän ähli gurbanlary, galla sadakasy+, günä+ we ýazyk gurbanlyklary+ seniňki bolar. Olar seniň üçin, ogullaryň üçin örän mukaddesdir. 10 Olary mukaddes ýerde iý+. Olardan erkekleriň bary iýip biler. Olar seniň üçin mukaddesdir+. 11 Ysraýyllaryň göterme sadakalary+, olaryň ýany bilen getirýän sowgatlary+ hem seniňki bolar. Olary saňa, ogul-gyzlaryňa hemişelik paý edip berdim+. Öýüňdäki tämiz adamlaryň hemmesi ondan iýip biler+.
12 Halkyň Ýehowa hödürleýän ilkinji hasylyndan+ ýagyň, täze şerabyň, gallanyň iň gowusyny saňa berýärin+. 13 Ysraýyllaryň ilkinji hasylyndan Ýehowa getirýän islendik zady seniňki bolar+. Öýüňdäki tämiz adamlar ondan iýip biler.
14 Ysraýylda Hudaýa bagyş edilýän* zatlaryň bary seniňki bolar+.
15 Ynsan bolsun, mal-gara bolsun, Ýehowa bagyş edilýän ähli nowbaharlar+ seniňki bolar. Ýöne nowbahar ogullar+ we ilkinji doglan haram mallar üçin töleg tölenmelidir+. 16 Bir aýlykdan geçen çagalar üçin mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen bäş şekel*+ kümüş tölensin. Bir şekel 20 gera* deňdir. 17 Ýöne ilkinji doglan göle, guzy we owlak* üçin töleg tölenmesin+, olar mukaddesdir. Olaryň ganyny gurbanlyk ojagynyň+ üstüne sep-de, ýagyny Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýak+. 18 Şol mallaryň eti seniň paýyň bolar. Göterme sadakasy hökmünde galgadylan döşi we sag budy berişleri ýaly, olaryň eti hem seniňkidir+. 19 Ysraýyllaryň Ýehowa getirýän ähli mukaddes sadakasyny+ saňa, ogul-gyzlaryňa hemişelik paý edip berýärin+. Ýehowa seniň bilen, nesilleriň bilen ebedilik* äht baglaşdy» diýdi.
20 Ýehowa sözüni dowam edip, Haruna şeýle diýdi: «Ysraýyl ýurdunda seniň mirasyň hem, paýyň hem bolmasyn+. Ysraýyllaryň arasynda seniň paýyň, mirasyň mendirin+.
21 Ysraýyldaky ähli zadyň ondan bir bölegini+ lewilere miras edip berýärin, sebäbi olar ýygnak çadyrynda hyzmat edýärler. 22 Indiden beýläk ysraýyllar ýygnak çadyryna golaýlaşmasyn, ýogsam günä edip, heläk bolarlar. 23 Ýygnak çadyrynda lewiler hyzmat etsin. Halkyň mukaddes çadyra garşy eden günälerine lewiler jogap berer+. Ysraýyllaryň arasynda olaryň mirasy ýokdur+. Şu zatlar siziň üçin nesilden-nesle hemişelik kanun bolar. 24 Ysraýyllaryň Ýehowa getirýän sadakalarynyň ondan bir bölegini lewilere berýärin. Şol sebäpli-de: „Ysraýyllaryň arasynda olaryň mirasy bolmasyn“+ diýdim».
25 Soňra Ýehowa Musa: 26 «Lewilere şeýle diý: „Ysraýyl halkynyň getirýän zatlaryndan ondan bir bölegini size miras edip berýärin+. Ýöne sizem alan zatlaryňyzyň ondan bir bölegini Ýehowa sadaka beriň+. 27 Şonda harmanyňyzdaky galladan+, şerapdan we ýagdan sadaka berdigiňiz bolar. 28 Şeýdip, ysraýyllaryň getirýän zatlarynyň ondan bir böleginden sizem Ýehowa sadaka berersiňiz. Olary Ýehowa sadaka hökmünde Harun ruhana beriň. 29 Size berilýän ähli mukaddes sadakalaryň iň gowusyny+ Ýehowa sadaka beriň“.
30 Olara şu sözlerimi hem aýt: „Lewiler, sadakalaryň iň gowusyny Hudaýa beriň-de, galanyny özüňize alyň. Olar harmanyňyzdaky galla, şerap we ýag ýaly siziňki bolar. 31 Olary öý-içeriňizdäkiler bilen islän ýeriňizde iýip bilersiňiz. Ol ýygnak çadyrynda edýän hyzmatyňyzyň hakydyr+. 32 Getirilen sadakalaryň iň gowusyny sadaka berseňiz, günä galmarsyňyz. Ysraýyllaryň mukaddes zatlaryny haram etmäň, ýogsam ölersiňiz“»+ diýdi.
19 Soňra Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2 «Ýehowa şeýle kanun berýär: „Ysraýyllara aýdyň, goý, olar sagdyn, şikessiz+, boýuntyryk salynmadyk mele sygyr getirsinler. 3 Sygry Algazar ruhana beriň. Ol ony düşelgäniň daşyna çykarsyn. Algazaryň öňünde sygryň damagyny çalsynlar. 4 Algazar ruhany barmagyny gana batyryp, ýygnak çadyryna* tarap* ýedi gezek sepelesin+. 5 Sygry Algazaryň öňünde ýaksynlar. Malyň derisi, eti, gany we tezegi-de ýakylmalydyr+. 6 Soňra ruhany kedr şahasyny, issop otuny*+, gyrmyzy ýüplügi alsyn-da, olary sygyr ýakylan oda atsyn. 7 Ruhany eşiklerini ýuwup, suwa düşsün. Şondan soň düşelgä girip biler. Ýöne ol agşama çenli haram hasaplanar.
8 Sygry ýakan adam hem eşiklerini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli haram bolar.
9 Tämiz adamlaryň biri sygryň külüni+ üýşürsin-de, düşelgäniň daşynda arassa ýerde goýsun. Ysraýyl halky şol küli tämizlik suwy+ üçin saklasyn. Sygyr günä gurbanlygy hökmünde berilýändir. 10 Sygryň külüni aýran adam hem eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram bolar.
Şu zatlar ysraýyllar üçin hem, araňyzda ýaşaýan gelmişekler üçin hem hemişelik kanun bolar+. 11 Jesede degen adam ýedi günläp haram hasaplanýandyr+. 12 Ol üçünji gün tämizlik suwuna ýuwunsyn, ýedinji gün doly tämizlener. Ýöne üçünji gün ýuwunmasa, ýedinji günde-de haramlygyna galar. 13 Jesede degen adam özüni tämizlemese, Ýehowanyň çadyryny haram edýändir+. Ol ysraýyl halkynyň arasyndan ýok edilsin*+. Üstüne tämizlik suwy+ sepilmändigi üçin, ol haramdyr, haramlygyna-da galar.
14 Bir çadyrda adam ölse, şu kanuna eýeriň: şol çadyra girenler-de, içinde oturanlar-da ýedi günläp haram hasaplanýandyr. 15 Agzy ýüp bilen daňylman, açyk galan gaplar hem haram hasaplanar+. 16 Kimde-kim açyk meýdanda gylyçdan ölen adama, jesede, adam süňküne ýa mazara degse, ýedi günläp haram hasaplanar+. 17 Haram hasaplanýan adamy tämizlemek üçin, bir gaba günä gurbanlygynyň külünden salyp, üstüne çeşme suwuny guýuň. 18 Soňra tämiz adamlaryň biri+ issop otuny+ alyp, suwa batyrsyn-da, çadyra, içindäki gap-gaçlara, adamlara, adam süňküni we öldürilen adamy ellän, jesede ýa-da mazara degen adama sepelesin. 19 Tämiz adam şol suwy haram hasaplanýan adamyň üstüne üçünji we ýedinji gün sepelemelidir. Şeýdip, ýedinji gün ol haram hasaplanýan adamy günäden tämizlär+. Tämizlenýän adam eşiklerini ýuwup, suwa düşsün. Agşamara ol tämiz hasaplanar.
20 Emma haram bolup, özüni tämizlemedik adam halkyň arasyndan ýok edilsin+, sebäbi ol Ýehowanyň mukaddes çadyryny haram edýändir. Üstüne tämizlik suwy sepilmändigi üçin, ol haram hasaplanýandyr.
21 Halk şu kanuna hemişe eýersin: tämizlik suwuny+ sepen adam eşiklerini ýuwsun. Tämizlik suwuna degen islendik adam agşama çenli haram hasaplanýandyr. 22 Haram adamyň ellän zady haram bolýandyr. Şol zada degen adam hem agşama çenli haram hasaplanar“»+.
20 Birinji aýda ysraýyl halky Zin çölüne gelip, Kadeşde+ ýaşap başlady. Merýem+ Kadeşde aradan çykdy, ony şol ýerde jaýladylar.
2 Halkyň içere suwy ýokdy+. Şonuň üçin olar üýşüp, Musa bilen Harunyň ýanyna geldiler. 3 Olar Musa bilen dawalaşyp+: «Doganlarymyz Ýehowanyň öňünde heläk bolanda, bizem ölen bolsak gowy bolardy! 4 Ýehowanyň halkyny çöle näme üçin getirdiňiz? Bizi hem, mallarymyzy hem gyrjak bolýaňyzmy?+ 5 Bizi Müsürden alyp gaýdyp, takyrlyga näme üçin getirdiňiz?+ Bärde ne galla, ne injir, ne üzüm, ne-de nar bar. Içere suwam ýok!»+ diýdiler. 6 Musa bilen Harun halkyň ýanyndan gaýdyp, ýygnak çadyrynyň* agzyna geldiler-de, ýüzlerini ýere berdiler. Şonda olara Ýehowanyň şöhraty görnüp başlady+.
7 Ýehowa Musa: 8 «Hasaňy al-da, doganyň Harun bilen jemagaty ýygna. Halkyň gözüniň alnynda gaýa buýruk beriň*. Şonda gaýadan suw çykar, halk we mal-garalar ondan içer»+ diýdi.
9 Musa Hudaýyň tabşyryşy ýaly, Ýehowanyň huzuryndan hasasyny aldy+. 10 Soňra Musa bilen Harun halky gaýanyň ýanyna ýygnap: «Eý dikdüşdi* halk! Biz indi size şu gaýadan suw çykarmalymy?»+ diýdiler. 11 Musa hasasyny galdyryp, gaýa iki gezek urdy. Şonda gaýadan şaglap suw akyp başlady. Adamlar suwdan gandylar, mallaryny hem suwa ýakdylar+.
12 Biraz wagtdan Ýehowa Musa bilen Haruna: «Ikiňiz maňa iman etmediňiz, ysraýyl halkynyň öňünde meni şöhratlandyrmadyňyz*, şonuň üçin halky wada beren ýurduma siz eltmersiňiz»+ diýdi. 13 Suw çykan ýere Meriba*+ diýdiler, sebäbi ysraýyllar şol ýerde Ýehowa bilen dawalaşypdy, Hudaý bolsa olaryň öňünde özüni şöhratlandyrdy*.
14 Soňra Musa Kadeşden Edom patyşasyna habar ýollap+: «Ysraýyl doganlaryň+ şeýle diýýär: „Biziň gören görgülerimiz hakda eşidensiň. 15 Ata-babalarymyz ençeme ýyllap+ Müsürde+ ýaşady. Müsürliler atalarymyzy-da, bizi-de ezdiler+. 16 Ahyry Ýehowa perýat etdik+. Ol ahy-nalamyzy eşitdi, perişdesini iberip+, bizi Müsürden çykardy. Häzir seniň serhediňde, Kadeş şäherinde durus. 17 Gaýrat edip, ýurduň içinden geçmäge rugsat ber. Ekinleriňe, üzümleriňe degmeris, guýularyňdan suw hem içmeris. Ýurtdan çykýançak, saga-sola sowulman, göni Şa ýolundan ýöräris“»+ diýdi.
18 Edom patyşasy: «Ýok, ýurdumdan geçmersiň. Geçjek bolaýsaň, gylyçly garşyňa çykaryn» diýdi. 19 Ysraýyllar bolsa: «Biz göni uly ýoldan ýöräris. Eger adamlarymyz ýa mal-garamyz suwuňdan içäýse, puluny töläris+. Ýurduňdan geçsek bolýar, bize başga zat gerek däl»+ diýdiler. 20 Emma Edom patyşasy: «Geçmersiňiz diýdimmi, geçmersiňiz!»+ diýip, ägirt uly goşuny* bilen olaryň garşysyna çykdy. 21 Şeýdip, Edom patyşasy ysraýyllara ýurdundan geçmäge rugsat bermedi. Ysraýyllar aýlanyp geçmeli boldy+.
22 Bütin ysraýyl halky Kadeşden Hor dagyna+ geldi. 23 Edomyň serhediniň ýanynda, ýagny Hor dagynda Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 24 «Indi Harun aradan çykar+, ol ysraýyllara berjek ýurdumy görmez, sebäbi Harun ikiňiz Meribadaky suw hakda beren buýrugyma gulak asmadyňyz+. 25 Harun bilen ogly Algazary alyp, Hor dagyna çyk. 26 Harunyň ruhanylyk lybasyny+ egninden çykar-da, ogly Algazara+ geýdir. Harun şol ýerde aradan çykar».
27 Musa Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Olar jemagatyň gözüniň alnynda Hor dagyna çykdylar. 28 Musa Harunyň ruhanylyk lybasyny çykaryp, ogly Algazara geýdirdi. Harun şol dagyň depesinde aradan çykdy+. Musa bilen Algazar bolsa dagdan düşdi. 29 Halk Harunyň ölenini bilip, 30 günläp ýas tutdy+.
21 Kenganlardan Negepde ýaşaýan Arat hany+ ysraýyllaryň Atarym ýolundan geçip barýandyklaryny eşitdi. Ol ysraýyllara hüjüm edip, birnäçesini ýesir aldy. 2 Şonda ysraýyllar Ýehowa: «Şu halky elimize berseň, şäherlerini ýer bilen ýegsan ederis» diýip söz berdiler. 3 Ýehowa halkyň dilegini eşidip, kenganlary olaryň eline berdi. Şeýlelikde, ysraýyllar kenganlary we olaryň şäherlerini derbi-dagyn etdiler. Şol ýere Horma*+ diýip at goýdular.
4 Ysraýyllar Hor dagyndan+ ýola düşdüler. Olar Edom ýurdundan+ aýlanyp geçjek bolup, Gyzyl deňziň ýoly bilen gaýtdylar. Adamlar halys ýadapdy. 5 Olar Hudaýa we Musa hüňürdäp+: «Bizi Müsürden näme üçin çykardyňyz? Çölde barymyzy gyrjak bolýaňyzmy? Bärde ne çörek bar, ne-de suw+. Ýüregedüşgünç mannadan hem bizar bolduk!»+ diýdiler. 6 Şonda Ýehowa halkyň arasyna zäherli ýylanlary iberdi. Ýylanlar adamlary çakyp, köpüsini öldürdi+.
7 Adamlar Musanyň ýanyna gelip: «Biz Ýehowa-da, saňa-da hüňürdäp, günä etdik+. Biz üçin Ýehowa dileg edäý. Goý, ol ýylanlary aýyrsyn» diýdiler. Musa halk üçin Hudaýa ýalbardy+. 8 Ýehowa Musa: «Zäherli ýylanyň şekilini ýasa-da, taýaga berkit. Ýylan çakan adamlar şoňa seretse, diri galar» diýdi. 9 Musa haýal etmän misden bir ýylanyň şekilini ýasady-da+, taýaga berkitdi+. Ýylan çakan adam misden ýasalan ýylana seretse, diri galýardy+.
10 Biraz wagtdan ysraýyllar Obota+ gitdiler. 11 Soňra Obotdan gaýdyp, gündogardaky Iwaýabarymda+, Mowabyň garşysyndaky çölde düşlediler. 12 Olar ýene-de ýoluny dowam edip, Zeret jülgesinde+ düşlediler. 13 Ol ýerden hem gaýdyp, amorlaryň serhedinden başlanýan çölde, ýagny Arnonda+ düşlediler. Arnon Mowabyň serhedinde, mowaplar bilen amorlaryň araçäginde ýerleşýärdi. 14 Şol sebäpli «Ýehowanyň söweşleri» atly kitapda şeýle diýilýär: «Sufadaky Wahep we Arnon jülgeleri. 15 Jülgeleriň başy Ar şäherine çenli uzalyp, Mowabyň serhedine baryp ýetýär».
16 Soňra ysraýyllar Beýere gitdiler. Şol ýerdäki guýynyň başynda Ýehowa Musa: «Halky ýygna, suw bereýin» diýdi.
17 Şonda ysraýyllar şeýle aýdym aýtdylar:
«Eý guýy, suwlaryň dolup daşsyn!
Ulus-il aýdyma goşulsyn!
18 Han-begleriň eli bilen,
Hökümdarlyk hasasy bilen gazylan guýy!»
Soňra halk çölden Matana ýola düşdi. 19 Matandan Nahalaýyla, Nahalaýyldan Bamota+ gitdiler. 20 Bamotdan Mowapdaky jülgä+, ýagny Pisga baýyrlygyna+ gitdiler. Şol ýerden Ýeşimon* görünýärdi+.
21 Ysraýyllar amor halkynyň hany Sihona habar ýollap+: 22 «Ýurduňdan geçmäge rugsat ber. Ekinleriňe, üzümleriňe degmeris, guýularyňdan suw hem içmeris. Ýurtdan çykýançak, göni Şa ýolundan ýöräris»+ diýdiler. 23 Emma Sihon ysraýyllara ýurdunyň içinden geçmäge rugsat bermedi. Gaýtam goşunyny ýygnap, ysraýyllar bilen söweşmek üçin çöle çykdy. Ol Ýahaza baryp, ysraýyllara hüjüm etdi+. 24 Ysraýyllar bolsa Sihony gylyçdan geçirip+, ýurduny+ Arnondan+ tä ammonlaryň golaýyndaky Ýaboga+ çenli basyp aldylar. Ýöne Ýazerden+ aňryk geçmediler, sebäbi Ýazer ammonlaryň serhedinde+ ýerleşýärdi.
25 Ysraýyllar amorlaryň+ ähli şäherlerini, hatda Heşbony we daş-töweregindäki galalary-da basyp alyp, şol ýerde ýaşap başladylar. 26 Heşbon amorlaryň hany Sihonyň şäheridi. Sihon Mowap patyşasy bilen söweşip, onuň ýurduny Arnona çenli basyp alypdy. 27 Şol sebäpli il arasynda ýaňsylap şeýle diýýärler:
«Heşbona geliň!
Sihonyň şäheri gurulsyn, düýbi berk tutulsyn!
28 Heşbondan ot, Sihonyň galasyndan alaw çykdy,
Mowabyň Ar şäheri, Arnon depeleriniň begleri
Ýanyp kül boldy.
29 Waý günüňe, eý Mowap! Heläk bolarsyň, Kemoş+ halky!
Ol ogullaryny gaçgak edip,
Gyzlaryny amor hany Sihona ýesirlige berýär.
30 Geliň, olary oka tutalyň!
Heşbon Dibona+ çenli weýran ediler.
Geliň, Nopa çenli ýegsan edeliň!
Tutaşan ot Medeba+ ýeter».
31 Şeýlelikde, ysraýyllar amorlaryň ýurdunda ýaşap başladylar. 32 Musa birnäçe adamy Ýazeri+ gözden geçirmäge iberdi. Ysraýyllar Ýazeri we daş-töweregindäki galalary basyp alyp, amorlary kowup çykardylar. 33 Soňra öwrülip, Başan ýolundan gitdiler. Emma Başan hany Og+ goşunyny ýygnap, ysraýyllar bilen söweşmek üçin Edreýe+ geldi. 34 Şonda Ýehowa Musa: «Gorkma+, Ogy, tutuş goşunyny we ýurduny eliňe bererin+. Ogy hem Heşbonda ýaşan amor hany Sihonyň gününe salarsyň»+ diýdi. 35 Ysraýyllar Başan hany Ogy, ogullaryny we goşunyny derbi-dagyn edip, ýekejesini hem diri galdyrmadylar+. Şeýdip, Başan hanynyň ýurduny eýelediler+.
22 Soňra ysraýyllar ýola düşüp, Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlügine bardylar+. 2 Sefur ogly Ballak+ ysraýyl halkynyň amorlary näme edendigini bilýärdi. 3 Ysraýyl halkynyň köpdügini görüp, mowaplar öler ýaly gorkdular. Olar ysraýyllardan gorkup, howsala düşdüler+. 4 Mowaplar midýan ýaşulularyna+: «Öküziň meýdandaky oty ýalmap ýuwudyşy ýaly, ysraýyl halky hem daş-töweregimizi ýalmap ýuwudar» diýdiler.
Şol wagt Sefur ogly Ballak Mowabyň patyşasydy. 5 Benur ogly Bilgam+ bolsa öz dogduk mekanynda, derýanyň* boýundaky Petorda ýaşaýardy. Ballak Bilgamyň ýanyna adam iberip: «Müsürden bir halk geldi. Olar bütin ýer ýüzüni eýeläp barýar+. Şu wagt edil garşymda düşlediler. 6 Olar menden has güýçli, gel-de, şol halka gargyş okap ber+. Belki, şonda olary derbi-dagyn edip, ýurdumdan kowup çykararyn. Seniň alkyşlan adamyň bereket tapýar, gargan adamyň gargyşa galýar» diýdi.
7 Mowap we midýan ýaşululary Bilgamyň ýanyna baryp, Ballagyň habaryny ýetirdiler. Olar Bilgama el aklyk hem äkitdiler+. 8 Bilgam olara: «Gije bärde galyň. Ýehowanyň näme diýýänini bilip, size aýdaryn» diýdi. Mowap begleri şol gije Bilgamyň ýanynda galdylar.
9 Hudaý Bilgamdan+: «Ýanyňa gelen adamlar kim?» diýip sorady. 10 Bilgam hak Hudaýa: «Mowabyň patyşasy Sefur ogly Ballak maňa şeýle habar ýollapdyr: 11 „Müsürden bir halk geldi, olar bütin ýer ýüzüni eýeläp barýar. Gel-de, şol halka gargyş okap ber+. Belki, şonda olardan üstün çykyp, ýurdumdan kowaryn“» diýdi. 12 Emma Hudaý Bilgama: «Olar bilen gitme. Halka gargyş okama, olar meniň ýalkan halkym»+ diýdi.
13 Bilgam irden turup, Ballagyň beglerine: «Baryň, ýurduňyza dolanyň. Ýehowa siz bilen gitmäge rugsat bermedi» diýdi. 14 Mowap begleri Ballagyň ýanyna baryp: «Bilgam biz bilen gaýtmady» diýdiler.
15 Şonda Ballak öňki beglerden-de has köp we abraýly beglerini iberdi. 16 Olar Bilgamyň ýanyna baryp: «Sefur ogly Ballak şeýle diýýär: „Gaýrat edip, gel, hiç zady bahana etme. 17 Sylag-serpaýyňy ýetirip, aýdan zadyňy bereýin. Gelip, şu halka gargyş okasaň bolýar“» diýdiler. 18 Emma Bilgam Ballagyň hyzmatkärlerine: «Ballak altyn-kümüşden doly öýüni berse-de, Ýehowa Hudaýymyň emrinden çykyp, hiç zat edip bilmerin+. 19 Ýöne siz gije bärde galyň, Ýehowadan ýene bir sorap göreýin»+ diýdi.
20 Gije Hudaý Bilgama görnüp: «Yzyňdan gelen bolsalar, gidiber. Ýöne diňe meniň aýdan zatlarymy aýdarsyň»+ diýdi. 21 Bilgam irden turdy-da, eşegini* gaňňalap, Mowap begleri bilen ýola düşdi+.
22 Emma Hudaý Bilgamyň gidenine gaharlandy. Ýehowanyň perişdesi Bilgamy saklamak üçin ýoluň ugrunda durdy. Bilgam eşekli barýardy, ýanynda-da iki hyzmatkäri bardy. 23 Eşek öňünde Ýehowanyň perişdesiniň eli gylyçly duranyny görüp, ýoldan sowuldy-da, ekiniň içine girip gitdi. Bilgam eşegi yzyna gaýtarjak bolup urup başlady. 24 Soňra Ýehowanyň perişdesi iki üzümligiň arasyndaky darajyk ýolda durdy. Ýoluň her tarapynda daşdan salnan diwar bardy. 25 Eşek Ýehowanyň perişdesini görüp, diwara dykyldy. Bilgamyň aýagy hem diwara gysyldy. Ol eşegini ýene-de urup başlady.
26 Ýehowanyň perişdesi biraz öňe geçip, ýoluň darajyk ýerinde durdy, ol ýerden ne saga, ne çepe öwrülip bolýardy. 27 Eşek Ýehowanyň perişdesini gören badyna, ýere çökdi-de, ýatyberdi. Şonda Bilgamyň gany depesine urup, eşegini taýaklap başlady. 28 Ahyry Ýehowa eşegi gepletdi*+. Eşek Bilgama: «Meni beýle urar ýaly, saňa näme etdim? Eýýäm üçünji gezek urýaň»+ diýdi. 29 Bilgam: «Meni däliretdiň-ä! Entegem elimde gylyç ýok, ýogsam seni bölek-bölek ederdim!» diýdi. 30 Eşek bolsa: «Men bütin ömrüňe münüp ýören eşegiň dälmi? Öň seni şeýdip kösäpdimmi?» diýdi. Bilgam: «Ýok!» diýdi. 31 Şonda Ýehowa Bilgamyň gözüni açdy+, Bilgam ýolda eli gylyçly duran Ýehowanyň perişdesini gördi. Bilgam şol bada ýüzüni ýere berip, tagzym etdi.
32 Ýehowanyň perişdesi Bilgama: «Eşegiňi näme üçin üç gezek urduň? Men seni ýoluňdan saklajak boldum, sebäbi sen islegime garşy gidýäň+. 33 Eşek meni görüp, üç gezek aýlanyp geçjek boldy+. Eger ol şeýtmedik bolsa, seni öldürip, eşegi diri goýardym» diýdi. 34 Bilgam Ýehowanyň perişdesine: «Men günä etdim, öňümde duranyňy bilmändirin. Gitmegimi islemeýän bolsaň, yzyma dolanaryn» diýdi. 35 Emma Ýehowanyň perişdesi: «Olar bilen git, ýöne diňe meniň aýdan zatlarymy aýdarsyň» diýdi. Şeýdip, Bilgam Ballagyň begleri bilen ýoluny dowam etdi.
36 Ballak Bilgamyň gelýänini eşiden badyna, garşy almak üçin Mowabyň serhedine, Arnon jülgesiniň golaýynda ýerleşýän şähere bardy. 37 Ballak Bilgama: «Yzyňdan adam iberdim. Näme üçin gelmediň? Sylag-serpaýsyz goýar öýtdüňmi?»+ diýdi. 38 Bilgam bolsa: «Ine, geldim-ä. Ýöne ygtyýarym öz elimde däl, diňe Hudaýyň diýen zadyny aýdaryn»+ diýip jogap berdi.
39 Şeýlelikde, Bilgam Ballak bilen Kirýat-husota gitdi. 40 Ballak öküz, goýun gurbanlyk berip, bir bölegini Bilgama we ýanyndaky beglere iberdi. 41 Ertesi irden Ballak Bilgamy alyp, Bamot-bagala gitdi, sebäbi şol ýerden tutuş halky görüp bolýardy+.
23 Soňra Bilgam Ballaga: «Şu ýerde ýedi sany gurbanlyk ojagyny* gurup+, maňa ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarla» diýdi. 2 Ballak dessine Bilgamyň aýdyşy ýaly etdi. Ballak bilen Bilgam her gurbanlyk ojagynda bir öküzi we goçy gurbanlyk berdiler+. 3 Bilgam Ballaga: «Sen ýakma gurbanlygynyň ýanynda dur, men gideýin, belki, Ýehowa meniň bilen gepleşer. Ol näme diýse, saňa aýdaryn» diýip, depä çykdy.
4 Şonda Hudaý Bilgam bilen gepleşdi+. Bilgam Hudaýa: «Men ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, hersinde bir öküz bilen goç gurbanlyk berdim» diýdi. 5 Ýehowa Bilgamyň aýtmaly zatlaryny öwredip+: «Ballagyň ýanyna bar-da, şu sözleri aýt» diýdi. 6 Bilgam yzyna baranda, Ballak bilen Mowap begleri ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaşyp durdy. 7 Şonda Bilgam parasatly sözleri aýdyp başlady+:
«Mowap patyşasy Ballak:
„Meniň üçin Ýakuby näletle,
Ysraýyla garga“+ diýip, meni Aramdan+,
Gündogar daglardan getirdi.
8 Ýöne Hudaý halkyny näletlemese, men nädip näletläýin?!
Ýehowa gargamasa, men nädip gargaýyn?!+
9 Gaýalaryň depesinden olary görýärin,
Baýyrlardan olara syn edýärin.
10 Ýakubyň çäge deý neslini kim sanap biler?+
Ysraýylyň dörtden birini kim hasaplap biler?
Halal adam kimin ölsedim,
Ömrümiň soňy şu halkyňky deý bolsady!»
11 Muny eşiden Ballak Bilgama: «Edýäniň näme? Seni duşmanlaryma gargyş oka diýip getirdim, sen bolsa olara ak pata berýäň!»+ diýdi. 12 Bilgam: «Ýehowanyň aýdan sözlerini aýtmaly bolaryn-a!»+ diýdi.
13 Şonda Ballak: «Ýör, onda başga ýere gideli. Şol ýerden tutuş halky däl-de, bir bölegini görersiň. Gaýrat edip, olara gargyş oka»+ diýdi. 14 Ballak Bilgamy Pisganyň depesindäki+ Sopym baýryna eltdi we ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, hersinde bir öküz bilen goçy gurban berdi+. 15 Soňra Bilgam Ballaga: «Hudaý bilen gepleşip gelýänçäm, ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaş» diýdi. 16 Ýehowa Bilgam bilen gepleşdi. Hudaý oňa aýtmaly zatlaryny öwredip+: «Ballagyň ýanyna bar-da, şu sözleri aýt» diýdi. 17 Bilgam yzyna baranda, Ballak bilen Mowap begleri ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaşyp duran eken. Ballak: «Ýehowa näme diýdi?» diýip sorady. 18 Şonda Bilgam şeýle parasatly sözleri aýtdy+:
«Eý Ballak, gulak as!
Sefur ogly, sözümi diňle!
Heý-de, Hudaý aýdan zadyny etmezmi?!
Beren sözünde durmazmy?!+
20 Hudaý meni halkyna ak pata bermäge getirdi,
21 Ol Ýakuby jadyly güýçden gorar,
Ysraýylyň heläk bolmagyna ýol bermez.
Ýehowa Hudaý olary goraýar+,
Halkyna patyşa bolup, şöhrat gazanýar!
22 Hudaý halkyny Müsürden çykardy+,
Öküziň şahy deý güýji bilen gorady+.
Ýakup, Ysraýyl hakda söz açylanda:
„Görsene, Hudaýyň gudratyny!“ diýerler.
24 Ysraýyl halky ýolbars deý aýaga galar,
Arslan deý ýerinden turar+.
Awuny ýalmap-ýuwudýança,
Oljasynyň ganyndan doýýança ýatmaz».
25 Ballak Bilgama: «Olara gargyş okap bilmeseň, ak pata bir berme!» diýdi. 26 Bilgam bolsa: «Men diňe Ýehowanyň aýdanyny ederin diýdim ahyryn»+ diýdi.
27 Ballak: «Ýör, onda başga ýere gideli. Belki, hak Hudaý halka şol ýerde gargyş okamagyňy makullar»+ diýdi. 28 Ballak Bilgamy alyp, Pegoryň depesine çykdy. Şol ýerden Ýeşimon* görünýärdi+. 29 Bilgam Ballaga: «Ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarla»+ diýdi. 30 Ballak Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her gurbanlyk ojagynda bir öküzi we goçy gurbanlyk berdi.
24 Bilgam Ýehowanyň ysraýyllara diňe ak pata berýändigine düşündi. Şonuň üçin ýamanlyga ýorup boljak alamat gözlemegini goýup+, ýüzüni çöle tarap öwürdi. 2 Bilgam başyny galdyryp, ysraýyl taýpalarynyň çadyrlaryna+ seredende, üstüne Hudaýyň ruhy inip+, 3 şeýle parasatly sözleri aýdyp başlady+:
«Benur ogly Bilgamy,
Gözi açylan adamy diňläň.
4 Hudaýyň sözüni eşidip,
Gudratygüýçlüden görnüş* alan,
Gözi açylyp, tagzym eden adam+ şeýle diýýär:
5 Eý Ýakup, çadyrlaryň nähili gözel,
Eý Ysraýyl, düşelgäň nähili owadan!+
6 Çadyrlaryň jülgeler kimin,
Derýa ýakasyndaky baglar deýin,
Ýehowanyň eken gülleri* kimin,
Çeşme boýunda kedr agaçlary deýin uzalyp gidýär+.
8 Hudaý halkyny Müsürden çykardy,
Öküziň şahy deý güýji bilen gorady.
Ysraýyl duşmanlaryny ýalmap ýuwudar+,
Üstlerine ok ýagdyrar, süňklerini gemrer.
9 Ýolbars deý peýläp ýatyr,
Degmäge kim milt eder?
Saňa alkyş okan bereket tapar,
Gargan gargyşa galar»+.
10 Şonda Ballagyň Bilgama gahary geldi. Ol gahardan ýaňa elini çarpyp: «Seni duşmanlaryma gargyş oka diýip getirdim+, sen bolsa üç gezek ak pata berdiň! 11 Bar, gümüňi çek! Saňa sylag-serpaý ýapjakdym+, ýöne Ýehowa seni sylagsyz goýdy» diýdi.
12 Bilgam bolsa: «Iberen adamlaryňa: 13 „Ballak altyn-kümüşden doly öýüni berse-de, Ýehowanyň emrinden çykyp, hiç zat edip bilmerin. Diňe Ýehowanyň aýdan sözlerini aýdaryn“+ diýipdim ahyryn. 14 Men öz ilime giderin. Ýöne gitmänkäm, ysraýyllaryň gelejekde* seniň halkyňa näme etjekdigini aýdaýyn» diýdi. 15 Soňra Bilgam şeýle parasatly sözleri aýtdy+:
«Benur ogly Bilgamy,
Gözi açylan adamy+ diňläň.
16 Hudaýyň sözüni eşidip,
Allatagaladan bilim alan,
Gudratygüýçlüden görnüş alan,
Gözi açylyp, tagzym eden şeýle diýýär:
17 Men görerin, ýöne şu wagt däl,
Gözlerim bakar, ýöne ýakynda däl.
Ol Mowabyň maňlaýyny ýarar+,
Batyr ýigitleriň kellesini pytradar.
19 Ýakubyň nesline duşman boýun eger+,
Ol şäherde diri galany ýok eder».
20 Bilgamyň amaleklere gözi düşüp, sözüni dowam etdi:
21 Soňra kenlere+ gözi düşüp, şeýle parasatly sözleri aýtdy:
«Asuda ýaşaýarsyň, gaýada mesgen tutýarsyň.
22 Emma biri Keýini* küle öwrer.
Assiriýa seni haçan ýesir äkider?»
23 Bilgam sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
«Wah, şonda Hudaýyň elinden kim diri sypar?
Soňra özi-de ýok bolar».
25 Şeýdip, Bilgam+ ýola düşdi, Ballak hem öz ýoly bilen gitdi.
25 Ysraýyllar Şitimde+ ýaşaýarka, mowap gyzlary bilen ahlaksyzlyk edip başladylar+. 2 Mowap gyzlary öz taňrylaryna gurbanlyk berende, ysraýyllary hem çagyrdylar+. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, taňrylaryna sežde edip başladylar+. 3 Pegor Bagalyna sežde edip+ başlany üçin, Ýehowanyň ysraýyl halkyna gahary geldi. 4 Ýehowa Musa: «Şu zatlaryň başyny başlan adamlary öldür-de, gündiziň güni Ýehowanyň öňünde asyp goý. Şonda Ýehowanyň gazaby sowlar» diýdi. 5 Musa ysraýyl kazylaryna+: «Gidiň-de, Pegor Bagalyna sežde eden dogan-garyndaşlaryňyzy öldüriň»+ diýdi.
6 Ysraýyl jemagaty ýygnak çadyrynyň* agzynda dady-perýat edip durka, ysraýyllardan bir adam Musanyň we tutuş halkyň gözüniň alnynda midýan aýaly+ düşelgä getirdi. 7 Şonda Harun ruhanynyň agtygy, Algazaryň ogly Pinehas+ dessine ýerinden turdy-da, eline naýza alyp, 8 ýaňky adamyň yzyndan çadyra girdi. Pinehas olaryň ikisini-de naýzadan geçirip, naýzany midýan aýalyň garnyna* sokdy. Şonda ysraýyllaryň arasyndaky gyrgynçylyk togtady+. 9 Şol gyrgynçylykda 24 000 adam heläk bolupdy+.
10 Ýehowa Musa: 11 «Harun ruhanynyň agtygy, Algazaryň ogly Pinehas+ ysraýyllara lowlan gaharymy ýatyrdy. Ysraýyllar ýürekden wepaly bolmasa-da*+, Pinehasyň hatyrasyna olary bütinleý ýok etmedim. Halk başga taňrylara sežde etdi, emma Pinehas beýle biwepalyga göz ýummady*+. 12 Pinehasa aýt, men onuň bilen parahatlyk ähtini baglaşjak. 13 Şol ähte görä, Pinehas bilen nesilleri hemişe ruhany bolup hyzmat eder+. Halk başga taňrylara sežde etse-de, Pinehas Hudaýa biwepalyk edilmegine göz ýummady*+, ysraýyllaryň günäsini ýuwdy» diýdi.
14 Midýan aýal bilen öldürilen adam Saluwyň ogly, şimgonlaryň baştutany Zimridi. 15 Öldürilen midýan aýalyň ady bolsa Kozbidi. Kozbi midýan+ tireleriniň baştutany Zuruň+ gyzydy.
16 Biraz wagtdan Ýehowa Musa: 17 «Midýanlaryň üstüne çozup, derbi-dagyn ediň+. 18 Olar sizi günüňize goýmadylar, hile bilen Pegor taňrysyna sežde etdirdiler+. Midýan baştutanynyň gyzy Kozbi sebäpli başyňyza betbagtçylyk getirdiler. Pegor taňrysyna sežde edeniňiz üçin, size jeza berenimde, Kozbi öldürilipdi»+ diýdi.
26 Gyrgynçylykdan soň+ Ýehowa Musa we Harun ruhanynyň ogly Algazara: 2 «Ysraýyl goşunynda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekleri tiresi boýunça hasaba alyň»+ diýdi. 3 Musa bilen Algazar+ ruhany Ýerihonyň+ garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde+ halka ýüzlenip: 4 «Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly, ysraýyllaryň 20 ýaşdan ýokary erkeklerini hasaba alyň»+ diýdiler.
Müsürden çykan ysraýyllar şulardyr: 5 Ruben+ Ysraýylyň uly ogludy. Rubeniň ogullaryndan+: Hanohyň nesilleri, Palluwyň nesilleri, 6 Hesronyň nesilleri, Karminiň nesilleri. 7 Olar ruben taýpasynyň tireleridi. Olardan 43 730 adam hasaba alyndy+.
8 Alyýap Palluwyň ogludy. 9 Alyýabyň ogullary: Nemuýel, Datan we Abyram. Datan bilen Abyram jemagatyň arasyndan saýlanan adamlardy. Olar Karunyň tarapdarlaryna+ goşulyp, Musa bilen Haruna garşy baş göterip+, Ýehowa garşy çykdylar+.
10 Şonda ýer ýarylyp, olary ýuwutdy. Karun bilen 250 tarapdary bolsa oda ýanyp, kül boldy+. Şol waka hemmelere sapak* boldy+. 11 Emma Karunyň ogullaryna+ hiç zat bolmady.
12 Şimgonyň ogullaryndan+ dörän tireler: Nemuýeliň nesilleri, Ýaminiň nesilleri, Ýahiniň nesilleri, 13 Zeranyň nesilleri, Şewulyň nesilleri. 14 Olar şimgon taýpasynyň tireleridi. Olar 22 200 adamdy+.
15 Gadyň ogullaryndan+ dörän tireler: Zeponyň nesilleri, Hagganyň nesilleri, Şuniniň nesilleri, 16 Oznanyň nesilleri, Eriýiň nesilleri, 17 Arotyň nesilleri, Äralynyň nesilleri. 18 Olar gad taýpasynyň tireleridi. Olardan 40 500 adam hasaba alyndy+.
19 Er bilen Onan+ Ýahudanyň+ ogullarydy. Ýöne Er bilen Onan Kenganda aradan çykdy+. 20 Ýahudanyň beýleki ogullaryndan dörän tireler: Şelanyň+ nesilleri, Pereziň+ nesilleri, Zeranyň+ nesilleri. 21 Pereziň ogullaryndan: Hesronyň+ nesilleri, Hamulyň+ nesilleri. 22 Olar ýahuda taýpasynyň tireleridi. Olardan 76 500 adam hasaba alyndy+.
23 Ysaharyň ogullaryndan+ dörän tireler: Tolanyň nesilleri+, Puwanyň nesilleri, 24 Ýaşubyň nesilleri, Şimronyň nesilleri. 25 Olar ysahar taýpasynyň tireleridi. Olardan 64 300 adam hasaba alyndy+.
26 Zebulunyň ogullaryndan+ dörän tireler: Seratyň nesilleri, Elonyň nesilleri, Ýahlyýeliň nesilleri. 27 Olar zebulun taýpasynyň tireleridi. Olardan 60 500 adam hasaba alyndy+.
28 Ýusubyň ogullaryndan+ dörän tireler: Manaşa bilen Efraýym+; 29 Manaşanyň+ ogullaryndan: Mahyryň+ nesilleri, Gileadyň+ nesilleri; Mahyr Gileadyň kakasydy. 30 Gileadyň ogullaryndan: Iýezeriň nesilleri, Helegiň nesilleri, 31 Asryýeliň nesilleri, Şekemiň nesilleri, 32 Şemidanyň nesilleri, Heperiň nesilleri. 33 Heper ogly Selophatyň ogly ýokdy, diňe gyzy bardy+. Gyzlarynyň ady Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady+. 34 Olar manaşa taýpasynyň tireleridi. Olardan 52 700 adam hasaba alyndy+.
35 Efraýymyň+ ogullaryndan dörän tireler: Şutelahyň+ nesilleri, Bekiriň nesilleri, Tahanyň nesilleri. 36 Şutelahyň ogullaryndan: Eranyň nesilleri. 37 Olar efraýym taýpasynyň tireleridi. Olardan 32 500 adam hasaba alyndy+. Olaryň hemmesi Ýusubyň ogullaryndan dörän tirelerdi.
38 Benýaminiň ogullaryndan+ dörän tireler: Beliniň+ nesilleri, Aşbeliň nesilleri, Ahyramyň nesilleri, 39 Şepuhamyň nesilleri şupimler, Hupamyň nesilleri. 40 Art bilen Nagyman+ Beliniň ogullarydy; Artyň nesilleri, Nagymanyň nesilleri. 41 Olar benýamin taýpasynyň tireleridi. Olardan 45 600 adam hasaba alyndy+.
42 Danyň+ ogullaryndan dörän tireler: Şuhamyň nesilleri. Olar dan taýpasynyň tireleridi. 43 Şuhamyň nesillerinden 64 400 adam hasaba alyndy+.
44 Aşeriň ogullaryndan+ dörän tireler: Imnanyň nesilleri, Ýişwiniň nesilleri, Beriýanyň nesilleri. 45 Beriýanyň ogullaryndan: Heberiň nesilleri, Mälikyllanyň nesilleri. 46 Aşeriň Sera diýen gyzy bardy. 47 Olar aşer taýpasynyň tireleridi. Olardan 53 400 adam hasaba alyndy+.
48 Naftalynyň ogullaryndan+ dörän tireler: Ýahzeýeliň nesilleri, Gunanyň nesilleri, 49 Ýezeriň nesilleri, Selimiň nesilleri. 50 Olar naftaly taýpasynyň tireleridi. Olardan 45 400 adam hasaba alyndy+.
51 Ysraýyllardan jemi 601 730 adam hasaba alyndy+.
52 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 53 «Her taýpa adam sanyna görä mülk berilsin+. 54 Uly tirelere köpräk, kiçi tirelere azrak ber+. Her tirede näçe adam hasaba alnan bolsa, şoňa görä-de mülk paýlaň. 55 Ýer paýlanyňyzda, bije atyň+. Her kime öz taýpasynyň mülkünden ýer beriň. 56 Ýeri bije atyp paýlaň we tiräniň uly-kiçiligine görä bölüň».
57 Lewi taýpasyndan+ hasaba alnanlar şulardyr: Gerşonyň nesilleri, Kohatyň+ nesilleri, Meraryň nesilleri. 58 Lewi tirelerinden: libniler+, hebronlar+, mahlylar+, muşeler+, karunlar+.
Kohatyň Imram+ atly ogly bardy. 59 Imramyň aýalynyň ady Ýokebetdi+. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet Imrama Haruny, Musany we Merýemi+ dogrup berdi. 60 Harunyň Nadap, Abyhuw, Algazar we Ytamar diýen ogullary boldy+. 61 Emma Nadap bilen Abyhuw Ýehowanyň öňünde kanuna garşy gelýän ot ýakandygy üçin heläk bolupdy+.
62 Lewileriň bir aýlyk çagalaryndan başlap, ähli erkekleri hasaba alyndy+. Olar jemi 23 000 adamdy. Lewiler beýleki ysraýyllar bilen hasaba alynmady+, sebäbi olara ysraýyllaryň arasyndan mülk berilmedi+.
63 Olar Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde hasaba alyndy. Olary Musa bilen Algazar ruhany hasaba aldy. 64 Emma Musa bilen Harun ruhanynyň Sinaý çölünde hasaba alan ysraýyllaryndan biri-de diri galmandy+. 65 Ýehowa: «Olaryň bary çölde heläk bolar»+ diýipdi. Şol sebäpli olardan diňe Ýepunnanyň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýuşa diri galypdy+.
27 Selophatyň Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa atly gyzlary bardy+. Selophat Ýusubyň ogly Manaşanyň taýpasyndan bolup, Heperiň ogly, Gileadyň agtygy, Mahyryň çowlugy, Manaşanyň ýuwlugydy. Bir gün Selophatyň gyzlary 2 ýygnak çadyrynyň* agzyna gelip, Musa, Algazar ruhana, baştutanlara+ we jemagata: 3 «Kakamyz çölde aradan çykdy. Ýöne ol Ýehowa garşy giden Karunyň tarapdarlaryna+ goşulmandy. Ol öz günäsi üçin öldi, ogly hem ýok. 4 Ogly bolmandygy üçin, kakamyzyň ady ýitip gidäýmelimi? Bize kakamyzyň doganlarynyň arasyndan mülk beräýiň» diýdiler. 5 Musa muny Ýehowa habar berdi+.
6 Şonda Ýehowa: 7 «Selophatyň gyzlary dogry aýdýar. Olara kakasynyň doganlarynyň arasyndan ýer ber. Kakasynyň paýy olara berilsin+. 8 Ysraýyllara aýt: „Eger biri ogly bolman dünýäden ötse, mülküni gyzyna beriň. 9 Gyzy ýok bolsa, doganlaryna beriň. 10 Doganlary ýok bolsa, kakasynyň doganlaryna beriň. 11 Kakasynyň doganlary hem ýok bolsa, ýakyn garyndaşyna beriň. Ol onuň mülküne eýe çyksyn. Ysraýyllar Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, muny hemişelik kanun hökmünde berjaý etsin“» diýdi.
12 Soňra Ýehowa Musa: «Abarymdaky daga+ çyk-da, ysraýyllara berjek ýurdumy synla+. 13 Ýurdy göreniňden soň, senem doganyň Harun ýaly+ aradan çykarsyň+. 14 Sebäbi Zin çölünde halk maňa hüňürdände*, Harun ikiňiz suw hakda beren buýrugyma gulak asmadyňyz, halkyň öňünde meni şöhratlandyrmadyňyz*+. Şol waka Zin çölünde+, Kadeşdäki+ Meriba çeşmesinde+ bolupdy» diýdi.
15 Musa Ýehowa ýüzlenip: 16 «Bütin adamzada ýaşaýyş berýän Ýehowa! Onda halkyňa baştutan belle. 17 Goý, ol ähli işde halkyňa ýolbaşçylyk etsin. Ýehowanyň halky çopansyz goýunlar ýaly bolmasyn» diýdi. 18 Ýehowa Musa: «Ynha, Nunuň ogly Ýuşa başarjaň adam, onuň başyna eliňi goý+. 19 Ýuşany Algazar ruhanynyň we tutuş jemagatyň öňüne eltip, halka baştutan belle+. 20 Bütin ysraýyl halky Ýuşa+ gulak asar ýaly, oňa öz ygtyýaryňdan* ber+. 21 Ýuşa Algazar ruhanynyň öňünde dursun. Algazar ruhany urym*+ arkaly Ýehowadan maslahat sorasyn. Ýuşa hem, bütin ysraýyl halky hem onuň* buýrugyna gulak assyn» diýdi.
22 Musa Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Ol Ýuşany Algazar ruhanynyň we tutuş jemagatyň öňüne eltip, 23 başyna elini goýdy-da, halka baştutan belledi+. Ähli zat Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly edildi+.
28 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Meniň paýymy*, ýagny gurbanlarymy hökman beriň. Ýakyp berýän ýakymly ysly gurbanlaryňyzy wagtynda hödürläň“+.
3 Olara şeýle diý: „Ine şu zatlary Ýehowa ýakyp gurban bermelisiňiz: her gün ýakma gurbanlygy+ üçin şikessiz iki sany erkek tokly. 4 Toklularyň birini irden, beýlekisini agşamara* gurbanlyk beriň+. 5 Ýany bilen bir jam* ýokary hilli una bir golça* zeýtun ýagyny guýup, galla sadakasyny hem hödürläň+. 6 Ýehowa Sinaý dagynda ýakymly ysly ýakma gurbanlygy yzygider bermegi+ tabşyrypdy. 7 Her toklynyň ýany bilen bir golça* şerap sadakasyny hem hödürläň+. Şeraby mukaddes ýerde Ýehowa şerap sadakasy hökmünde döküň. 8 Beýleki toklyny agşamara* gurban berip, irdenki ýaly galla we şerap sadakasy bilen hödürläň. Toklyny Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýakyň+.
9 Sabat güni+ şikessiz iki sany erkek tokly gurbanlyk beriň. Hersiniň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny we şerap sadakasyny hödürläň. 10 Sabat güni ýakma gurbanlygy şeýdip berilmelidir. Mundan başga-da, her günki ýakma gurbanlygy bilen şerap sadakasyny beriň+.
11 Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy we ýedi sany şikessiz erkek toklyny Ýehowa ýakma gurbanlygy edip beriň+. 12 Her öküzçäniň ýany bilen galla sadakasy+ hökmünde üç jam*, goçuň+ ýany bilen bolsa iki jam* ýokary hilli una ýag garyp getiriň. 13 Her toklynyň ýany bilen bir jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny hödürläň. Ýehowa üçin ýakymly ysly ýakma gurbanlyk+ şeýdip berilmelidir. 14 Öküzçäniň ýany bilen ýarym küýze+, goçuň ýany bilen bir ýarym golça*+, toklynyň ýany bilen bolsa bir golça*+ şerap sadakasyny getiriň. Ýylyň dowamynda her aý ýakma gurbanlygyny şeýdip bermelisiňiz. 15 Mundan başga-da, her gün ýakma gurbanlygyny we şerap sadakasyny bereniňizde, Ýehowa günä gurbanlygy üçin bir owlak hem hödürläň.
16 Birinji aýyň 14-i Ýehowa bagyşlanan Pashadyr+. 17 Şol aýyň 15-ne baýramçylyk bolar. Ýedi günläp petir* iýiň+. 18 Baýramçylygyň birinji güni mukaddes ýygnak geçiriň. Hiç hili agyr iş etmäň. 19 Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakma gurbanlygy edip beriň. Mallar şikessiz bolsun+. 20 Her öküzçäniň ýany bilen üç jam*, goçuň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny hödürläň+. 21 Ýedi toklynyň hersi üçin bir jam* una ýag garyp getiriň. 22 Şeýle-de günäleriňizi ýuwmak üçin, bir geçini günä gurbanlygy edip beriň. 23 Şol zatlary her gün irdenki ýakma gurbanlygynyň daşyndan hödürläň. 24 Olary baýramçylygyň ýedi güni hem Ýehowanyň paýy* we ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýakyň. Mundan başga-da, her günki ýakma gurbanlygy bilen şerap sadakasyny beriň. 25 Ýedinji gün mukaddes ýygnak geçiriň+. Hiç hili agyr iş etmäň+.
26 Ilkinji hasylyňyzdan+ Ýehowa galla sadakasyny getiren günüňiz+, Hepdeler baýramynda mukaddes ýygnak geçiriň+. Hiç hili agyr iş etmäň+. 27 Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň+. 28 Her öküzçäniň ýany bilen galla sadakasy üçin üç jam*, goçuň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, 29 ýedi toklynyň hersi üçin bolsa bir jam* una ýag garyp getiriň. 30 Şeýle-de günäleriňizi ýuwmak üçin, bir owlagy günä gurbanlygy edip beriň+. 31 Şol zatlary her günki ýakma gurbanlygy bilen galla sadakasynyň daşyndan hödürläň. Mallar şikessiz bolsun+, hersiniň ýany bilen şerap sadakasyny-da beriň.
29 Ýedinji aýyň birine mukaddes ýygnak geçiriň. Hiç hili agyr iş etmäň+. Şol gün surnaý çaldyryň+. 2 Bir öküzçäni, bir goçy we ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň. Mallar şikessiz bolsun. 3 Öküzçäniň ýany bilen üç jam*, goçuň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny getiriň. 4 Ýedi erkek toklynyň hersi üçin bolsa bir jam* una ýag garyp getiriň. 5 Şeýle-de günäleriňizi ýuwmak üçin, bir owlagy* günä gurbanlygy edip beriň. 6 Olary Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýakyň. Şol gurbanlyklar kanunda tabşyrylan her aýky+ we her günki+ ýakma gurbanlygynyň, olaryň galla we şerap sadakalarynyň+ daşyndan berilsin.
7 Ýedinji aýyň onuna mukaddes ýygnak geçiriň+, günäleriňize toba ediň*. Hiç hili iş etmäň+. 8 Bir öküzçäni, bir goçy we ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň. Mallar şikessiz bolsun+. 9 Öküzçäniň ýany bilen üç jam*, goçuň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny getiriň. 10 Ýedi toklynyň hersi üçin bolsa bir jam* una ýag garyp getiriň. 11 Günäleriňizi ýuwmak üçin hödürleýän günä gurbanlygyňyzdan+, her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan başga-da günä gurbanlygy üçin bir owlak getiriň.
12 Ýedinji aýyň 15-ne mukaddes ýygnak geçiriň. Hiç hili agyr iş etmän, Ýehowanyň şanyna ýedi günläp baýramçylyk belläň+. 13 Şonda 13 öküzçäni, 2 goçy, 14 erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň+. Mallar şikessiz bolsun+. 14 Şol 13 öküzçäniň hersi üçin üç jam*, 2 goçuň hersi üçin iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny getiriň. 15 Şeýle-de 14 erkek toklynyň hersi üçin bir jam* una ýag garyp getiriň. 16 Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir owlak getiriň.
17 Ikinji gün 12 öküzçe, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 18 Öküzçeleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 19 Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir owlak getiriň.
20 Üçünji gün 11 öküz, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 21 Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 22 Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir geçi getiriň.
23 Dördünji gün 10 öküz, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 24 Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 25 Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir owlak getiriň.
26 Bäşinji gün 9 öküz, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 27 Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 28 Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir geçi getiriň.
29 Altynjy gün 8 öküz, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 30 Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 31 Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir geçi getiriň.
32 Ýedinji gün 7 öküz, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 33 Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 34 Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir geçi getiriň.
35 Sekizinji gün uly baýram ediň. Hiç hili agyr iş etmäň+. 36 Bir öküzi, bir goçy we ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň. Mallar şikessiz bolsun+. 37 Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 38 Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir geçi getiriň.
39 Baýramçylyklarda+ Ýehowa hödürlemeli gurbanlaryňyz şulardan ybaratdyr. Olary wada beren+ we göwnüňizden çykaryp berýän+ ýakma gurbanlygyňyzyň+, galla+ we şerap sadakalaryňyzyň+, parahatlyk gurbanlygyňyzyň+ daşyndan hödürläň“». 40 Musa Ýehowanyň ähli tabşyrygyny ysraýyllara ýetirdi.
30 Soňra Musa ysraýyl taýpalarynyň baştutanlaryna+ şeýle diýdi: «Ýehowanyň tabşyrygyny diňläň: 2 eger adam Ýehowa bir zady wada berse+ ýa-da bir zatdan geçmäge ant içse+, sözünden dänmesin+. Näme wada beren bolsa berjaý etsin+.
3 Eger gyz atasynyň öýünde ýaşaýarka, Ýehowa bir zady wada berse ýa-da bir zatdan geçmäge ant içse, 4 kakasy gyzynyň beren wadasy ýa-da bir zatdan geçmek üçin içen anty hakda eşidibem, garşy bolmasa, gyz wadasyny berjaý etmelidir. 5 Ýöne kakasy gyzynyň beren wadasy ýa-da bir zatdan geçmek üçin içen anty hakda eşidip, garşy çyksa, onda gyz wadasyndan azatdyr. Kakasynyň rugsat bermändigi üçin, Ýehowa gyzy bagyşlar+.
6 Eger bir zady wada beren ýa-da oýlanman ant içen gyz durmuşa çyksa, 7 äri hem muny eşiden güni garşy çykmasa, aýal ähli wadasyny berjaý etsin. 8 Emma äri aýalynyň wada berendigini ýa-da oýlanman ant içendigini eşidip, garşy çyksa, ol aýalynyň beren wadalaryny ýatyrýandyr+. Şol sebäpli Ýehowa aýaly bagyşlar.
9 Emma dul galan ýa-da ärinden aýrylyşan aýal ant içse, wadasyny hökman berjaý etsin.
10 Eger aýal äriniň öýünde ýaşaýan wagty bir zady wada berse ýa-da bir zatdan geçmäge ant içse, 11 äri hem muny eşidip, garşy çykmasa we närazylyk bildirmese, aýal ähli wadasyny berjaý etsin. 12 Ýöne äri aýalynyň beren wadasy ýa-da bir zatdan geçmek üçin içen anty hakda eşidip, çürt-kesik garşy çyksa, onda aýal wadasyndan azatdyr+. Äriniň rugsat bermändigi üçin, Ýehowa aýaly bagyşlar. 13 Är aýalynyň islendik wadasyny ýa-da bir zatdan geçmek üçin içen antyny goldap hem, ýatyryp hem bilýändir. 14 Eger är aýalynyň wada berendigini ýa-da ant içendigini eşidibem, birnäçe günläp hiç zat diýmese, aýalynyň beren wadasyny goldadygy bolýandyr. Sebäbi ol muny eşiden güni garşy çykmady. 15 Ýöne ol muňa birnäçe wagtdan soň garşy çyksa, onda aýalynyň günäsi üçin jogap bermeli bolar+.
16 Ýehowanyň är-aýal we heniz atasy öýünde ýaşaýan gyz bilen kakasy hakda Musa beren kanunlary şeýledir».
31 Ýehowa Musa: 2 «Ysraýyllar üçin midýanlardan+ ar al+. Soňra sen hem aradan çykarsyň»+ diýdi.
3 Musa halka: «Esgerleri söweşe taýynlaň, goý, olar midýanlara hüjüm edip, olardan Ýehowanyň aryny alsynlar. 4 Ysraýylyň her taýpasyndan 1 000 esgeri söweşe iberiň» diýdi. 5 Ysraýyl goşunyndan+, her taýpadan 1 000 esger, jemi 12 000 esger söweşe taýýarlandy.
6 Musa her taýpadan 1 000 esgeri Algazaryň ogly Pinehas+ ruhany bilen söweşe iberdi. Pinehasyň elinde mukaddes esbaplar bilen surnaýlar+ bardy. 7 Ysraýyllar Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, midýanlar bilen söweşip, ähli erkeklerini gyrdylar. 8 Midýanlaryň Ewi, Rekem, Zur, Hur we Rebaý atly bäş hanyny öldürip, Benur ogly Bilgamy+ hem gylyçdan geçirdiler. 9 Aýallaryny, çagalaryny ýesir aldylar, mallaryny we goş-golamlaryny bolsa olja aldylar. 10 Ähli şäherlerini we obalaryny* otladylar. 11 Oljalary, adamlary we mal-garalary alyp gaýtdylar. 12 Esgerler ýesirleri we oljalary düşelgä Musanyň, Algazar ruhanynyň, ysraýyl jemagatynyň ýanyna getirdiler. Şol wagt halk Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde+ düşläpdi.
13 Musa, Algazar ruhany we halkyň baştutanlary düşelgeden çykyp, olary garşyladylar. 14 Emma Musa söweşden gelen serkerdelere, ýagny müňbaşylara we ýüzbaşylara gaharlanyp: 15 «Aýallary näme üçin diri goýduňyz? 16 Bilgamyň maslahaty bilen hile guranlary ýadyňyzdan çykdymy? Olar halky Pegor+ taňrysyna sežde etdirip, Ýehowa biwepalyk etdirdiler+. Şonda Ýehowanyň halkynyň başyna betbagtçylyk inipdi ahyryn!+ 17 Häziriň özünde ähli erkek göbekli çagalary we aýallary öldüriň! 18 Ýöne gyzlary*+ öldürmäň. 19 Özüňizem ýedi günläp düşelgäniň daşynda boluň. Adam öldüren, jesede degen adamlar+ üçünji we ýedinji gün özüni tämizlesin+. Ýesirleriňiz hem tämizlensin. 20 Deriden, geçi ýüňünden edilen eşikleriňizi, agaçdan ýasalan zatlaryňyzy-da tämizläň» diýdi.
21 Şonda Algazar ruhany söweşe giden esgerlere şeýle diýdi: «Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunyny diňläň: 22 „Altyn-kümüş, mis, demir, galaýy, gurşun ýaly 23 oda çydamly zatlary oda tutup arassalaň. Soňra olary tämizlik suwuna ýuwuň+. Oda tutup bolmaýan zatlary hem şol suwda ýuwuň. 24 Ýedinji gün eşikleriňizi ýuwup, suwa düşüň. Şondan soň düşelgä girip bilersiňiz“»+.
25 Soňra Ýehowa Musa: 26 «Algazar ruhany bilen halkyň tirebaşylaryny ýanyňa al-da, ýesirleri we olja düşen mallary sana. 27 Olary ikä böl-de, ýarysyny söweşe giden esgerlere, ýarysyny halka ber+. 28 Ýöne söweşe giden esgerler ýesirleriň, olja alnan mallaryň we eşekleriň 500-den birini Ýehowa bersinler*. 29 Şol zatlary esgerleriň paýyndan Ýehowa sadaka hökmünde+ Algazar ruhana ber. 30 Ysraýyllaryň paýyndan bolsa ýesirleriň, mallaryň we eşekleriň 50-den birini alyp, Ýehowanyň çadyrynda hyzmat edýän+ lewilere ber»+ diýdi.
31 Musa bilen Algazar ruhany ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdi. 32 Esgerleriň alan oljasyndan şular galypdy: 675 000 goýun-geçi, 33 72 000 sygyr, 34 61 000 eşek. 35 Gyzlar+ bolsa 32 000 sanydy. 36 Söweşe giden esgerleriň paýy şulardy: 337 500 goýun-geçi, 37 olaryň 675 sanysy Ýehowa sadaka berildi; 38 36 000 sygyr, olaryň 72 sanysy Ýehowa sadaka berildi; 39 30 500 eşek, olaryň 61 sanysy Ýehowa sadaka berildi; 40 ýesirlerden 16 000 adam, olaryň 32 sanysy Ýehowa bagyş edildi. 41 Musa olary Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Ýehowa sadaka hökmünde Algazar ruhana berdi+.
42 Musa söweşe giden esgerleriň getiren oljasynyň ýarysyny ysraýyllara berdi. 43 Halkyň paýyna düşen zatlar şulardy: 337 500 goýun-geçi, 44 36 000 sygyr, 45 30 500 eşek, 46 ýesirlerden 16 000 adam. 47 Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, ysraýyllaryň paýyna düşen ýesirleriň we mallaryň 50-den birini Ýehowanyň çadyrynda hyzmat edýän+ lewilere berdi+.
48 Soňra goşun serkerdeleri+, ýagny müňbaşylar we ýüzbaşylar Musanyň ýanyna gelip: 49 «Herimiz* öz bölümimizdäki esgerleri sanadyk, ýekejesi-de kem däl+. 50 Şonuň üçin olja düşen altyn zynjyrlary*, bilezikleri, ýüzükleri*, gulakhalkalary we başga-da şaý-sepleri Ýehowanyň öňünde günälerimizi ýuwmak üçin, Ýehowa sadaka beresimiz gelýär» diýdiler.
51 Musa bilen Algazar ruhany olaryň getiren altyn şaý-seplerini aldylar. 52 Müňbaşylar we ýüzbaşylar 16 750 şekel* altyny Ýehowa sadaka berdiler. 53 Esgerleriň hersi söweşden özüne olja alyp gaýdypdy. 54 Ysraýyllara Ýehowanyň eden ýagşylyklaryny ýatladyp durar ýaly, Musa bilen Algazar ruhany müňbaşylaryň we ýüzbaşylaryň getiren altynlaryny ýygnak çadyrynda* goýdy.
32 Rubenleriň+ we gadlaryň+ birgiden maly bardy. Olar Ýazeriň+ we Gileadyň mal bakmaga gowy ýerdigini gördüler. 2 Gadlar bilen rubenler Musanyň, Algazar ruhanynyň we halkyň baştutanlarynyň ýanyna gelip: 3 «Atarot, Dibon, Ýazer, Nimra, Heşbon+, Elgala, Sebam, Nebo+ we Begon+ topraklaryny 4 Ýehowa ysraýyl halkyna berdi*+. Şol ýerler mal bakmaga gowy eken, biziň* bolsa malymyz köp»+ diýdiler. 5 Olar sözüni dowam edip: «Garşy bolmasaň, şol ýurdy bize mülk edip ber. Bizi Iordandan geçirip oturma» diýdiler.
6 Musa gadlara we rubenlere: «Doganlaryňyzy söweşe iberip, özüňiz bärde galjak bolýaňyzmy? 7 Halk Ýehowanyň berjek ýurduna gitjek bolup dur. Olaryň göwnüni böljek bolýaňyzmy? 8 Kadeş-barneýadan ýurdy gözden geçirmäge iberenimde, atalaryňyz hem şeýdipdi+. 9 Eşkol jülgesinden+ ýurdy görüp gaýtdylar. Ýöne gelip, halkyň göwnüni böldüler, Ýehowanyň berjek ýurduna gitmäge höwesini gaçyrdylar+. 10 Şonda Ýehowa gaharyna ant içip+: 11 „Müsürden çykan 20 ýaşdan ýokary adamlaryň ýekejesi-de Ybraýyma, Yshaga hem Ýakuba+ wada beren ýurduma girmez+. Olar maňa bütin ýüregi bilen gulak asmadylar. 12 Şol ýurda diňe kenislerden Ýepunnanyň ogly Kalep+ we Nunuň ogly Ýuşa+ girer, sebäbi olar Ýehowa bütin ýüregi bilen gulak asdylar“+ diýdi. 13 Ýehowanyň ysraýyllara gahar-gazaby lowlady. Ýehowa garşy günä edenler ölüp gutarýança+, halk 40 ýyllap çölde sergezdan boldy+. 14 Eý günäkärlerden dörän nesil, indi sizem atalaryňyzyň edenini gaýtalap, Ýehowanyň gaharyny getirýäňiz! 15 Hudaýa gulak asmasaňyz, ol halky ýene-de çölde sergezdan eder. Siz sebäpli, bütin halk heläk bolar» diýdi.
16 Biraz wagtdan olar Musanyň ýanyna gelip: «Şu ýerde mallarymyza agyl*, çagalarymyza şäher guraýaly. 17 Daş-töwerekdäki adamlar howp salmaz ýaly, çagalarymyz galalarda ýaşasyn. Özümiz bolsa halkyň öňüne düşüp, söweşe gideris+, olary barmaly ýerine elteris. 18 Ysraýyllaryň her biri öz mülküni alýança, öýümize gaýtmarys+. 19 Bize Iordanyň bäri ýüzünden mülk berilse+, derýanyň beýleki tarapyndan mülk almarys» diýdiler.
20 Şonda Musa: «Eliňize ýarag alyp, Ýehowa üçin söweşe çyksaňyz+, 21 hemmäňiz Iordandan geçip, Ýehowa üçin söweşseňiz, Hudaý duşmanlaryny kowup çykarýança+, 22 Ýehowa ýurdy boýun egdirýänçä+, şol ýurtda bolsaňyz+, Ýehowanyň we halkyň öňünde günäli bolmarsyňyz. Ýehowa-da şu topragy size mülk edip berer+. 23 Emma şeýle etmeseňiz, Ýehowa garşy günä edersiňiz, günäňiz jezasyz galmaz*. 24 Baryň, çagalaryňyza öý*, mallaryňyza agyl guruň+, ýöne beren sözüňizde duruň» diýdi.
25 Gadlar bilen rubenler Musa şeýle diýdiler: «Agam, ähli zady aýdyşyň ýaly ederis. 26 Çagalarymyz, aýallarymyz, mal-garalarymyz Gileadyň şäherlerinde galar+. 27 Ähli erkeklerimiz bolsa agamyzyň aýdyşy ýaly, derýadan geçip, Ýehowa üçin söweşer»+.
28 Musa Algazar ruhana, Nunuň ogly Ýuşa we ysraýyl taýpalarynyň baştutanlaryna tabşyryk berip, 29 şeýle diýdi: «Gadlaryň we rubenleriň ähli erkekleri siz bilen Iordandan geçip, Ýehowa üçin söweşse, ýurdy basyp alanyňyzda, Gileady olara mülk edip beriň+. 30 Ýöne Iordandan geçip, siz bilen deň söweşmeseler, olar hem siziň ýanyňyzda Kenganda ýaşar».
31 Şonda gadlar bilen rubenler: «Ýehowa gullaryňa näme diýen bolsa, şony hem ederis. 32 Elimize ýarag alyp, Ýehowanyň öňünde Iordandan geçeris-de, Kengana gideris+. Ýöne mülkümiz derýadan bärde bolar» diýdiler. 33 Musa amor halkynyň hany Sihonyň+, Başan hany Oguň+ ýurduny şäherleri we daş-töweregindäki ýerleri bilen gadlara, rubenlere+ hem-de Ýusubyň ogly Manaşanyň taýpasynyň ýarysyna+ berdi.
34 Gadlar Dibon+, Atarot+, Aroger+, 35 Atrot-şopan, Ýazer+, Ýogbeg+, 36 Beýtnimra+ we Beýtharan+ galalaryny dikeldip, mallary üçin agyl gurdular. 37 Rubenler bolsa Heşbony+, Elgalany+, Kirýataýymy+, 38 Nebony+, Bagal-megony+ (olaryň ady üýtgedildi) we Sibmany gurdular. Dikelden galalarynyň adyny hem üýtgetdiler.
39 Manaşanyň ogly Mahyryň+ nesilleri Gileady basyp alyp, amorlary kowup çykardylar. 40 Şonda Musa Gileady Manaşanyň ogly Mahyryň nesillerine berdi. Olar şol ýerde ýaşap başladylar+. 41 Manaşanyň ogly Ýaýyryň nesilleri bolsa olaryň obalaryny basyp alyp, adyna Hawot-ýaýyr*+ goýdular. 42 Noba Kenaty we daş-töweregindäki galalary basyp alyp, öz adyny dakdy.
33 Ysraýyllar Musa bilen Harunyň ýolbaşçylygynda+ Müsürden topar-topar*+ bolup çykdylar+. Olar ýol ugruna dürli-dürli ýerlerde düşlediler. 2 Ýehowanyň buýrugy bilen, Musa baran ýerlerini ýazyp aldy. Ysraýyllaryň düşlän ýerleri şulardyr+: 3 birinji aýyň 15-ne+ Ramsesden+ ýola düşdüler. Pashanyň+ ertesi güni olar müsürlileriň gözüniň alnynda arkaýyn* çykyp gaýtdylar. 4 Müsürliler bolsa şol wagt nowbahar ogullaryny jaýlaýardy, sebäbi Ýehowa olary öldüripdi+. Ýehowa müsürlileriň taňrylaryna höküm çykarypdy+.
5 Ramsesden gaýdan ysraýyllar Sukotda+ düşlediler. 6 Sukotdan çykyp, çölüň gyrasyndaky Etamda düşlediler+. 7 Etamdan çykyp, Bagal-zeponyň garşysyndaky Pihahirota+ tarap öwrüldiler we Migdolyň+ golaýynda düşlediler. 8 Pihahirotdan çykyp, deňizden geçdiler-de+, çöle gitdiler+. Etam çölünde+ üç gün ýol ýöräp, Marrada+ düşlediler.
9 Marradan çykyp, Elime bardylar. Elimde 12 çeşme bilen 70 palma agajy bardy+. 10 Elimden gaýdyp, Gyzyl deňziň kenarynda düşlediler. 11 Gyzyl deňizden gaýdyp, Sin çölünde+ düşlediler. 12 Soňra Sin çölünden gaýdyp, Dopkada düşlediler. 13 Dopkadan gaýdyp, Aluşda düşlediler. 14 Aluşdan gaýdyp, Repidimde+ düşlediler. Emma ol ýerde içere suw ýokdy. 15 Repidimden gaýdyp, Sinaý çölünde+ düşlediler.
16 Sinaý çölünden gaýdyp, Kibrot-hatawada+ düşlediler. 17 Kibrot-hatawadan gaýdyp, Haserotda+ düşlediler. 18 Haserotdan gaýdyp, Ritmada düşlediler. 19 Ritmadan gaýdyp, Rimmon-perezde düşlediler. 20 Rimmon-perezden gaýdyp, Libnada düşlediler. 21 Libnadan gaýdyp, Rissada düşlediler. 22 Rissadan gaýdyp, Kehelatda düşlediler. 23 Kehelatdan gaýdyp, Şeper dagynyň golaýynda düşlediler.
24 Soňra Şeper dagyndan gaýdyp, Haradagda düşlediler. 25 Haradagdan gaýdyp, Makhelotda düşlediler. 26 Makhelotdan gaýdyp, Tahatda düşlediler+. 27 Tahatdan gaýdyp, Tarahda düşlediler. 28 Tarahdan gaýdyp, Mitkada düşlediler. 29 Mitkadan gaýdyp, Haşmonada düşlediler. 30 Haşmonadan gaýdyp, Moserotda düşlediler. 31 Moserotdan gaýdyp, Bene-ýakanda+ düşlediler. 32 Bene-ýakandan gaýdyp, Hor-hagitgatda düşlediler. 33 Hor-hagitgatdan gaýdyp, Ýotbatada+ düşlediler. 34 Ýotbatadan gaýdyp, Abronahda düşlediler. 35 Abronahdan gaýdyp, Esýon-geberde+ düşlediler. 36 Esýon-geberden gaýdyp, Zin çölünde+, ýagny Kadeşde düşlediler.
37 Kadeşden gaýdyp, Edomyň serhedinde ýerleşýän Hor dagynda+ düşlediler. 38 Ysraýyllaryň Müsürden çykanyna 40 ýyl bolanda, bäşinji aýyň birine Harun ruhany Ýehowanyň buýrugy bilen Hor dagyna çykyp ýogaldy+. 39 Harun Hor dagynda aradan çykanda 123 ýaşyndady.
40 Kenganlardan Arat hany+ ysraýyllaryň gelýänini eşitdi. Ol Kengandaky Negepde ýaşaýardy.
41 Birnäçe wagtdan ysraýyllar Hor dagyndan+ gaýdyp, Zalmonada düşlediler. 42 Zalmonadan gaýdyp, Punonda düşlediler. 43 Punondan gaýdyp, Obotda+ düşlediler. 44 Obotdan gaýdyp, Mowabyň+ serhedinde ýerleşýän Iwaýabarymda düşlediler. 45 Iýimden* gaýdyp, Dibon-gadda+ düşlediler. 46 Dibon-gaddan gaýdyp, Almon-diblataýymda düşlediler. 47 Almon-diblataýymdan gaýdyp, Nebonyň+ garşysyndaky Abarym daglarynda+ düşlediler. 48 Ahyrsoňy Abarym daglaryndan hem gaýdyp, Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşlediler+. 49 Iordanyň boýunda, Mowap düzlüginde düşlän ysraýyllaryň çadyrlary Beýt-ýeşimotdan Abyl-şitime+ çenli baryp ýetýärdi.
50 Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde Ýehowa Musa şeýle diýdi: 51 «Şu sözlerimi ysraýyllara ýetir: „Iordandan geçip, Kengana bararsyňyz+. 52 Ýurduň ilatyny kowup çykaryň, daşdan ýasalan+ we guýma butlaryny+ döwüp, seždegählerini* ýumruň+. 53 Ýurdy size mülk edip bererin+, onda mesgen tutarsyňyz. 54 Bije atyp+, her maşgala ýer paýlaň. Uly maşgala köpräk, kiçi maşgala azrak beriň+. Her kime bijesine düşen ýer miras berler. Taýpaňyza görä mülk alarsyňyz+.
55 Ýurduň ýaşaýjylaryny kowup çykarmasaňyz+, olar gözüňe dürtülýän çöp, teniňe* çümýän tiken ýaly, günüňize goýmazlar+. 56 Men bolsa olara berjek jezamy size bererin“»+.
34 Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Kengan ýurduna+ baranyňyzda, mülk edip aljak ýurduňyzyň serhedi şular bolar+:
3 Günorta serhediňiz Edomyň golaýyndaky Zin çölünden başlar. Gündogar tarapdaky günorta serhediňiz bolsa Duz deňziniň*+ çetinden başlar. 4 Serhet Akrap depesiniň+ günortasyndan Zine tarap uzalyp, Kadeş-barneýanyň+ günortasyna ýeter. Ondan bolsa Hasar-adara+ we Azmona çenli uzalar. 5 Azmondan Müsür jülgesine tarap uzalyp, deňze*+ baryp ýeter.
6 Günbatar serhediňiz Beýik deňziň* kenaryndan başlar. Şol siziň günbatar serhediňiz+ bolar.
7 Demirgazyk serhediňiz bolsa Beýik deňizden Hor dagyna çenli uzalar. 8 Hor dagyndan Lebo-hamata*+, ondanam Zedata+ ýeter. 9 Soňra Ziprona çenli uzalyp, Hasar-enana+ baryp ýeter. Şol siziň demirgazyk serhediňiz bolar.
10 Gündogar serhediňiz Hasar-enandan başlap, Şepama çenli uzalar. 11 Şepamdan Aýnyň gündogaryndaky Ribla çenli uzalyp, aşaklygyna Kinneret deňziniň*+ gündogaryndan* geçer. 12 Soňra Iordana çenli uzalyp, Duz deňzine+ baryp ýeter. Ine şular ýurduňyzyň+ serhedi bolar“».
13 Musa ysraýyllara: «Ýehowa ýurdy dokuz ýarym taýpanyň arasynda bije atyp+ paýlamagy tabşyrdy. 14 Rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy eýýäm mülküni aldy+. 15 Şol iki ýarym taýpanyň mülki Ýerihonyň golaýyndaky Iordanyň gündogarynda bolar»+ diýdi.
16 Ýehowa Musa şeýle diýdi: 17 «Mülk ýeriňizi Algazar+ ruhany bilen Nunuň ogly Ýuşa+ bölüp berer. 18 Ýer paýlamaga her taýpadan bir baştutan kömek etsin+. 19 Olar şulardyr: ýahuda taýpasyndan+ Ýepunnanyň ogly Kalep+, 20 şimgon taýpasyndan+ Emihutyň ogly Şemuwel, 21 benýamin taýpasyndan+ Kislonyň ogly Alydat, 22 dan taýpasyndan+ Ýoglynyň ogly Bekki baştutan, 23 Ýusubyň ogly+ Manaşanyň taýpasyndan+ Efodyň ogly Hannyýel baştutan, 24 efraýym taýpasyndan+ Şiptanyň ogly Kemuwel baştutan, 25 zebulun taýpasyndan+ Parnagyň ogly Alsapan baştutan, 26 ysahar taýpasyndan+ Azanyň ogly Paltaýel baştutan, 27 aşer taýpasyndan+ Salamlynyň ogly Ahyhut baştutan, 28 naftaly taýpasyndan+ Emihutyň ogly Pedahel baştutan». 29 Ýehowa şol baştutanlara ysraýyl halkyna Kengan ýurduny paýlap bermegi tabşyrdy+.
35 Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde+ Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt, olar miras aljak mülkünden lewilere şäher bersinler+. Şäherleriň daşyndaky öri meýdanlary hem bersinler+. 3 Lewiler şol şäherlerde ýaşar, öri meýdanlarda bolsa agyllar gurup, mal-garalaryny saklar. 4 Lewilere berjek şäheriňiziň öri meýdanyny şeýdip ölçäň: şäheriň diwaryndan her tarapa 1 000 tirsek* aralyk goýuň. 5 Şäheriň daşyndan gündogara 2 000 tirsek, günorta 2 000 tirsek, günbatara 2 000 tirsek, demirgazyga-da 2 000 tirsek ölçäň, şonda şäher ortada galar. Şol aralyk lewileriň şäherleriniň öri meýdany bolar.
6 Adam öldüren kişi gaçyp biler ýaly+, lewilere 6 sany gaçybatalga şäherini+ we başga-da 42 şäheri beriň. 7 Lewilere jemi 48 şäher we daş-töweregindäki öri meýdanlar berilsin+. 8 Ysraýyllaryň mülkünden lewilere şäher beriň+. Uly taýpalardan köpräk, kiçi taýpalardan azrak alyň+. Her taýpa miras aljak mülkünden birnäçe şäheri lewilere bersin».
9 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 10 «Ysraýyllara aýt: „Iordandan geçip, Kengana bararsyňyz+. 11 Ýurtda özüňize amatly ýerlerden gaçybatalga şäherlerini saýlaň. Biri tötänden adam öldürse, şoňa gaçyp barsyn+. 12 Jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, ol gan algyly adamdan*+ gaçyp biler+. 13 Şol alty şäher siziň üçin gaçybatalga bolar. 14 Gaçybatalga şäherleriň üçüsi Iordanyň bäri ýüzünde+, üçüsi Kenganda bolsun+. 15 Ysraýyllardan, araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden+ ýa-da başga milletlilerden bolsun, kimde-kim tötänden adam öldürse, şol alty şäheriň birine gaçyp biler+.
16 Eger bir adam başga birini demir gural bilen urup öldürse, ganhor bolýandyr. Ol hökman öldürilsin+. 17 Birini daş* bilen urup öldüren adam hem ganhor bolýandyr. Ol hökman öldürilsin. 18 Agaç gural* bilen urup öldürse-de, ganhor bolýandyr. Ol hökman öldürilsin.
19 Ganhory gan algyly adam* öldürmelidir. Ol ganhora nirede duşsa-da, öldürip biler. 20 Eger adam birini ýigrenç bilen itekläp ýa-da bilgeşleýin*+ zat zyňyp öldürse, 21 ýa-da ýigrenjinden ýaňa ony urup* öldürse, ol ganhordyr. Ony hökman öldüriň. Gan algyly adam* ganhora nirede duşsa-da, öldürip biler.
22 Adam birini ýigrenmese-de, tötänden itekläp goýberse ýa-da bilmän*+ zat zyňsa, 23 görmän daş zyňsa, ýa-da daşy üstüne gaçyrsa, ol adam hem ölse, ýöne günäkäriň hiç hili duşmançylygy we erbet niýeti ýok bolsa, 24 jemagat şol zatlary göz öňünde tutup, adam öldüren bilen gan algylynyň* arasyndaky meselä seretsin-de, höküm çykarsyn+. 25 Soňra jemagat ol adamy gan algylydan* gorap, gaçyp baran gaçybatalga şäherine yzyna äkitsin. Ol baş* ruhany+ ölýänçä, şol şäherde ýaşamalydyr.
26 Emma ol adam gaçybatalga şäheriniň çäginden çyksa, 27 gan algyly* hem ony görüp öldürse, ganhor hasaplanmaz. 28 Sebäbi ol adam baş ruhany ölýänçä, gaçybatalga şäherinde ýaşamalydyr. Ol diňe baş ruhany ölenden soň, öýüne gaýdyp biler+. 29 Nirede ýaşasaňyz-da, hemişe şu kanuna eýerip höküm çykaryň.
30 Ganhory ölüme höküm etmek+ üçin şaýatlaryň görkezmesi bolmalydyr+, ýöne hiç kimi bir şaýadyň görkezmesi esasynda ölüme höküm etmäň. 31 Ölüme höküm edilen ganhor üçin töleg almaň, hökman öldüriň+. 32 Gaçybatalga şäherinde ýaşaýan adamy hem baş ruhany ölmänkä, öýüne goýbermek üçin töleg almaň.
33 Gan döküp, ýurduňyzy hapalamaň+. Toprak gan bilen hapalansa, diňe ganhoryň gany bilen arassalap bolýandyr+. 34 Ýaşaýan ýurduňyzy haram etmäň, sebäbi araňyzda men ýaşaýaryn. Men — Ýehowa ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýaryn“»+.
36 Mahyryň+ ogly, Manaşanyň agtygy, Ýusubyň çowlugy Gileadyň nesliniň tirebaşylary Musanyň we ysraýyl baştutanlarynyň ýanyna gelip: 2 «Agam, Ýehowa saňa bije atyp+, ysraýyllara mülk paýlamagy tabşyrdy. Ýehowa doganymyz Selophatyň gyzlaryna-da mülk bermegi buýurdy+. 3 Eger olar ysraýylyň başga taýpasyna durmuşa çyksa, mülkleri atamyzyň adyndan aýrylyp, şol taýpa geçer. Şeýdip, biziň paýymyza düşen miras elimizden alnar. 4 Ysraýyllar üçin Azatlyk ýyly+ gelende, gyzlaryň mülki durmuşa çykan taýpasyna berler. Olaryň mülki biziň taýpamyzdan alnar» diýdiler.
5 Ýehowanyň buýrugy bilen, Musa halka şeýle diýdi: «Ýusubyň ogullarynyň aýdýany dogry. 6 Ýehowa Selophatyň gyzlary hakda şeýle tabşyryk berýär: „Olar islän adamyna durmuşa çykyp biler, ýöne barjak adamy öz taýpasyndan bolsun. 7 Ysraýyllar ata-babalaryndan miras alan mülküni gorap saklasyn, mülküni bir taýpadan başga taýpa geçirmesin. 8 Ysraýylyň islendik taýpasyndan mülk alan gyz atasynyň taýpasyna durmuşa çyksyn+. Şonda ysraýyllaryň her biri ata-babasyndan miras galan mülküni gorap saklar. 9 Ysraýyllar miras alan mülküni gorap saklasyn, mülküni bir taýpadan başga taýpa geçirmesin“».
10 Selophatyň gyzlary Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly-da etdiler+. 11 Selophatyň gyzlary+ Mahla, Tirsa, Hogla, Milka we Noga kakasynyň garyndaşlaryna durmuşa çykdylar. 12 Atasynyň mirasy öz taýpasynda galar ýaly, olar Ýusubyň ogly Manaşanyň taýpasyna durmuşa çykdylar.
13 Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde Ýehowanyň Musa arkaly ysraýyllara beren tabşyryklary we hökümleri şulardyr+.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: goşunlaryna görä.
Sözme-söz: şaýatlyk çadyryna.
Ýagny lewilerden bolmadyk adam.
Sözme-söz: goşunyna.
Ýa-da: çäginde; düşelgesinde.
Sözme-söz: şaýatlyk çadyrynyň.
Sözme-söz: nyşanynyň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: goşun.
Sözme-söz: goşun.
Sözme-söz: goşun.
Sözme-söz: goşun.
Sözlüge serediň.
Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.
Sözme-söz: mukaddes edipdim.
Sözlüge serediň.
Ýagny iň mukaddes otagyň öňündäki tuty.
Sözlüge serediň.
Ýagny lewilerden bolmadyk adam.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir gera 0,57 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Ýük götermek üçin agaçdan ýasalan tabyt görnüşli enjam göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýagly külüni. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözlüge serediň.
Jyns agzasyndan suwuklyk akýan erkek ýa-da gan akmasy bolan aýal göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýaglygyny aýyrsyn-da.
Önelgesizlik göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: Goý, şeýle bolsun!
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Miwäniň turşy şiresi göz öňünde tutulýar.
Kepderi jüýjesi göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: başyny. Saçyny ösdürmek göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa-da: ýukajyk çörek; gatlama.
Malyň öň aýagy göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: üsti ýapyk araba.
Sözlüge serediň.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Halkyň baştutanlary göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: Ýehowanyň öňünde galgatsyn. Iki ýana ýöremegi ýa-da yranmagy aňladýar.
Sözme-söz: mukaddes edipdim.
Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa-da: öldürilsin.
Sözme-söz: şaýatlyk çadyryny.
Ýa-da: agşamdan irdene çenli.
Ýa-da: kümşi çekiçläp.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: sizi ýatlar.
Sözme-söz: Şaýatlyk çadyrynyň.
Sözme-söz: goşun.
Sözme-söz: goşun.
Sözme-söz: goşun.
Sözme-söz: goşun.
Sözme-söz: goşun.
Ýagny Şugaýyp.
Ýa-da: Ýehowanyň bize ýagşylyk edişi ýaly, biz hem saňa ýagşylyk ederis.
Ýa-da: on müňlerçe müňler.
Manysy: Ýalyn; ot.
Sözme-söz: Guluňy.
Ýa-da: ant içen.
Sözme-söz: Olary men dogurdymmy?
Sözlüge serediň.
Ýa-da: özlerini pygamber ýaly alyp baryp.
Sözme-söz: Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýäňmi?
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: Ýerden iki tirsek beýiklige çenli bedeneden doldy.
Bir ganar 220 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Manysy: Açgözlük mazary.
Ýa-da: Musa hemmelerden kiçigöwünlidi (mylakatlydy).
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: öýümi.
Sözme-söz: halypam.
Ýa-da: Ýehoşuw. Manysy: Ýehowa Halasgär.
Ýa-da: hasylsyz.
Ýa-da: Hamatyň girelgesiniň.
Ýagny güýçli we äpet adamlar.
Ahymanyň, Şeşaýyň, Talmaýyň nesli göz öňünde tutulýan bolmagy mümkin.
Manysy: Üzüm salkymy.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ýüzbe-ýüz görnendigiňi.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýan.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: üçünji we dördünji nesline.
Sözme-söz: on.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: Kalebiň garaýşy başgaçadyr.
Ýa-da: elimi galdyryp, ant içen.
Sözme-söz: düşelgäniň ortasynda.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: küýzäniň üçden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: çöregini.
Ýa-da: öldürilsin.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: jemagatyň arasyndan ýok boldy.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: özümi tanadýan.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözme-söz: şaýatlyk çadyryna.
Sözme-söz: şaýatlyk çadyryna.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözme-söz: şaýatlyk çadyrynyň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.
Sözme-söz: sowgat edip berdim.
Sözme-söz: sowgat edip berdim.
Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.
Hudaýa bütinleý bagyş edilip, yzyna satyn alynmaýan zatlar göz öňünde tutulýar.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir gera 0,57 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Erkek mallar göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: duz. Üýtgemeýän, hemişelik ähti aňladýar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ýygnak çadyrynyň öňüne tarap.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: öldürilsin.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: gepläň.
Ýa-da: gozgalaňçy; pitneçi.
Sözme-söz: mukaddes etmediňiz.
Manysy: Dawa.
Sözme-söz: mukaddes etdi.
Sözme-söz: birgiden adamy we güýçli goly.
Manysy: Derbi-dagyn.
Başga manysy: çöl.
Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: urkaçy eşegini.
Ýa-da: eşege dil bitirdi.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: eden işine puşman etmez.
Başga manysy: çöl.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: aloeleri.
Sözme-söz: Iki meşigi.
Ýa-da: Nesli.
Ýa-da: soňky günlerde.
Ysraýyllar Müsürden çykanda, amalekler olara hüjüm eden ilkinji halkdy.
Kenler göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: jyns agzasyna.
Ýa-da: Ysraýyllardan diňe özüme wepaly bolmagy talap etsem-de.
Ýa-da: çydap bilmedi.
Ýa-da: çydap bilmedi.
Ýa-da: duýduryş.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: meniň bilen dawalaşanda.
Sözme-söz: mukaddes etmediňiz.
Ýa-da: at-abraýyňdan; şöhratyňdan.
Sözlüge serediň: Urym we tummym.
Ýa-da: Hudaýyň. Hudaýyň buýrugy Ýuşa ýa-da Algazar arkaly berlen bolmaly.
Sözme-söz: çöregimi.
Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: küýzäniň üçden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: çöregi.
Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Erkek mal göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: janyňyza ezýet beriň. Agyz beklemek we özüňi käbir zatlardan kesmek göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: haýatly düşelgelerini.
Ýa-da: erkege ýanaşmadyk gyzlary.
Ýa-da: salgyt hökmünde bersinler.
Sözme-söz: Gullaryň.
Aýaga dakylýan zynjyrlar göz öňünde tutulýar.
Hökümdarlaryň ýa-da abraýly adamlaryň möhürli ýüzügi göz öňünde tutulýar.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ysraýyl halky üçin basyp aldy.
Sözme-söz: gullaryň.
Daşdan salnan agyllar göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: yzyňyzdan ýeter.
Sözme-söz: şäherler.
Manysy: Ýaýyryň çadyrly obalary.
Sözme-söz: goşun.
Ýa-da: başyny dik tutup.
«Iwaýabarym» adynyň gysga görnüşi bolmaly.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: böwrüňe.
Ýagny Öli deňzi.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Ýa-da: Hamatyň girelgesine.
Genesaret köli ýa-da Jelile deňzi hem diýilýär.
Ýa-da: gündogar eňňidinden.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşyndan.
Ýa-da: adam öldürip biljek daş.
Ýa-da: Adam öldürip biljek agaç gural.
Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşy.
Ýa-da: erbet niýet bilen.
Ýa-da: eli bilen urup.
Ýa-da: Öleniň aryny alýan garyndaşy.
Ýa-da: erbet niýeti bolman.
Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşynyň.
Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşyndan.
Sözme-söz: ýag guýlup bellenen.
Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşy.