«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
Sentýabr 7—13
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 23, 24
«Köpçüligiň täsirine düşmäň»
Siz munuň dogrudygyny bilýärsiňizmi?
7 Siz dost-ýarlaryňyz we tanyş-bilişleriňiz bilen Internet ýa-da SMS arkaly habarlaşmagy halaýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, siziň täzeliklerde ýa-da kimdir birinden eşiden gyzykly zatlaryňyzy olar bilen paýlaşasyňyz gelmegi mümkin. Emma başgalar bilen şeýle maglumatlary paýlaşmazdan öň, özüňize şu soraglary beriň: «Bu maglumatyň dogrudygyna doly ynamym barmy? Onuň dogrudygyny tassyklaýan subutnamalar barmy?» Eger muňa doly ynamyňyz bolman, olary paýlaşsaňyz, imandaşlaryňyza tötänden ýalan maglumatlary ýaýratdygyňyz bolar. Şol sebäpli ony başgalara ugratman, gaýtam, öçürip aýyrsaňyz gowy bolar.
8 Kimdir birine oýlanman, Internet ýa-da SMS arkaly bir maglumaty ugratmagyň başga bir howply tarapy hem bar. Meselem, wagyz işimiz çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýurtlarda duşmanlar dogan-uýalarymyzy gorkuzmak we olaryň biri-birine ynamyny gowşatmak üçin ýalan-ýaşryk zatlary ýaýradýarlar. Geliň, öňki Sowet Soýuzy döwründe bolan bir waka seredeliň. KGB diýip tanalýan gizlin polisiýa işgärleri käbir jogapkär doganlaryň Ýehowanyň halkyna dönüklik edendigi barada myş-myş ýaýradýar. Gynansak-da, köp dogan-uýalar bu ýalana ynanyp, Ýehowanyň guramasyny terk etdiler. Emma wagtyň geçmegi bilen, olaryň köpüsi yzyna dolandy. Ýöne käbirleri imanynyň dargamagyna ýol berip, yzlaryna dolanmadylar (1 Tim. 1:19). Biz şeýle elhenç ýagdaýdan nädip gaça durup bileris? Erbet ýa-da dogrudygy anyklanmadyk bir maglumaty ýaýratmakdan gaça duruň. Ynanjaň hem sada bolmaň. Görýän we eşidýän zatlaryňyzyň dogrudygyna doly göz ýetiriň.
it «Harun»
Harun
Harun üç sapar günäli işe baş goşsa-da, günäkär hasaplanmady, sebäbi ol şeýle iş hakda pikir hem etmändi. Belki-de, ol kyn ýagdaýda näme etjegini bilmän ýa-da başgalaryň täsirine düşüp, Hudaýyň dogry ýolundan sowlan bolmaly. Elbetde, ol birinji sapar ýalňyş ýola düşende, Hudaýyň «köpçülige goşulyp, erbetlik etmäň» diýen duýduryşyna gulak asyp bilerdi (2Ms 23:2). Şonda-da Mukaddes Kitapda Harun hormatly adam hökmünde tanalýar. Hatda Hudaýyň Ogly ýer ýüzünde ýaşanda, Harunyň ruhany borjunyň kanuny taýdan güýjüniň ýitmändigini aýtdy (Zb 115:10, 12; 118:3; 133:1, 2; 135:19; Mat 5:17—19; 8:4).
it «Körlük»
Körlük
Kazylaryň adalatsyzlyk edip, nädogry höküm çykarmagyny körlük bilen deňeşdirse bolýar. Musa pygambere berlen kanunda kazylardan para, sowgat almazlyk we adamlary ala tutmazlyk talap edilýärdi. Sebäbi para kazylaryň «gözüni gapyp», adalatly höküm çykarmaga päsgel berýärdi (2Ms 23:8). Mukaddes Kitapda: «Para paýhasly adamyň-da gözüni gapýandyr» diýilýär (5Ms 16:19). Kazy adalatly hem dogruçyl bolsa-da, sowgat-serpaý alansoň, ol bilgeşleýin ýa-da bilmezlikden nädogry höküm çykaryp biler. Hudaýyň kanunynda diňe bir parahorlyk sebäpli däl-de, duýgularyň esasynda-da höküm çykarmaly däldigi aýdylýar: «Garyba dözmezçilik edip ýa-da baýa ýaranjak bolup, adalatsyzlyk etme» (3Ms 19:15). Kazy garyplara nebsi agyryp ýa-da halkyň içinde abraý gazanmak üçin, adamlaryň diňe baý bolandygy üçin adalatsyz höküm çykarmaly däl (2Ms 23:2, 3).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
«Nätanyş adama söýgi bildirmegi unutmaň»
4 Ýehowa ýat ýerden gelenlere hormat goýmagy öwretmek üçin ysraýyllylara özleri bilen bolan wakany ýatlatdy (Müsürden çykyş 23:9-y okaň). Olar «gelmişek bolup ýaşamagyň» nähilidigine gowy düşünýärdiler. Hatda olar gul bolmankalaram, müsürliler milletiniň we dini düşünjeleriniň tapawutlanýandygy sebäpli olary ýigrenýärdi (Gel. çyk. 43:32; 46:34; Müs. çyk. 1:11—14). Ysraýyllylar ýat ýurtda köp kynçylyklary başdan geçirseler-de, Ýehowa olara aralarynda ýaşaýan gelmişeklere «ýurtdaşy» ýaly garamalydygyny aýtdy (Lew. 19:33, 34).
it «Mikaýyl»
Mikaýyl
1. Mukaddes Kitapda diňe bir Jebraýyl perişdäniň däl, Mikaýyl perişdäniň ady hem agzalýar, oňa «baş perişde» hem diýilýär (Ýhd 9). Mikaýyl ady Danyýar kitabynyň 10-njy babynda ilkinji sapar duş gelýär. Şu kitapda Mikaýyla «baş serkerde» hem diýilýär. Şeýle-de onuň «Pars patyşalygynyň serkerdesi» bilen göreşýän pes derejeli perişdä kömege gelendigi aýdylýar. Mikaýyla Danyýaryň halkynyň «serkerdesi» we Danyýaryň «halky üçin aýaga galan» «Beýik serkerde» diýilýär. Mikaýyl Danyýaryň halkynyň tarapynda durup, olary goraýardy (Dan 10:13, 20, 21; 12:1). Şeýlelikde, Mikaýyl ysraýyllara çölde ýol görkezen perişdedi (2Ms 23:20, 21, 23; 32:34; 33:2). Şeýle-de «baş perişde Mikaýyl Musa pygamberiň jesedi barada Iblis bilen jedelleşipdi» (Ýhd 9).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w16.05 sah. 30, 31
Mesihçiler hökümet işgärlerine sowgat ýa-da pul berse bolýandygyny, ýa-da bolmaýandygyny nädip bilmeli?
Munuň üçin käbir zatlary göz öňünde tutmaly. Mesihçiler dogruçyl bolmaly we Ýehowanyň kanunyna garşy gelmese, häkimiýetleriň çykarýan kanunyna gulak asmaly (Mat. 22:21; Rim. 13:1, 2; Ýew. 13:18). Şeýle-de olar ýerli däp-dessurlara hormat goýýarlar, adamlaryň duýgusyny göz öňünde tutýarlar we «ýakynyny özüni söýşi ýaly söýmäge» çalyşýarlar (Mat. 22:39; Rim. 12:17, 18; 1 Sel. 4:11, 12). Bu prinsipler dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan mesihçilere sowgat bermek meselesinde dogry karara gelmäge ýardam edýär.
Köp ýurtlarda hökümet işgärlerine sowgat bermek talap edilmeýär. Sebäbi olara döwlet tarapyndan zähmet haky tölenilýär. Ine şonuň üçin hem olar adamlaryň sowgat bermegine garaşmaýarlar. Käbir ýurtlarda hökümet işgärleriniň eden işi üçin sowgat almagy kanunsyzlyk hasaplanýar. Hatda olar öz borçlaryny kanun taýdan berjaý etseler-de, muňa asla ýol berilmeýär. Şeýle ýagdaýlarda olara berilýän sowgada, hatda işiň netijesine täsir etmese-de, para bermek hökmünde garalýar. Şol ýurtlarda hökümet işgärlerine sowgat bermek ýerliksiz hasaplanylýandygy üçin, mesihçilerde bu babatda sorag döremeýär.
Emma käbir ýurtlarda hökümet işgärlerine sowgat bermeklik kanunsyzlyk däl-de, adaty zat hasaplanylýar. Hatda käbir ýerlerde hökümet işgärleri öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, raýatlardan para alýarlar ýa-da sowgat almasalar, hiç zat etmek hem islemeýärler. Şeýle-de gümrükhananyň, nikany resmileşdirýän ýa-da gurluşyk işine gözegçilik edýän we şuňa meňzeş edaralaryň işgärleri hem özlerine pul berilmegini talap etmegi mümkin. Eger-de olar pul alyp bilmejekdiklerine göz ýetirse, onda işi kynlaşdyryp ýa-da bitmejek ýaly edip görkezýärler. Şeýdip, olar raýatlaryna kanun taýdan berilmeli kömegi hem etmeýärler. Hatda bir ýurtda ýangyn söndürijiler tä pul alýança, ody söndürmek barada asla pikirem etmeýärler.
Şeýle ýurtlarda ýaşaýan mesihçiler kanun taýdan hukugy bolan zadyny almak üçin berýän sowgadyna goşmaça iş haky hökmünde garamagy mümkin. Emma parahorlugyň giňden ýaýran ýerinde ýaşaýan mesihçi bu zatlaryň Hudaýa ýaraýandygyny ýa-da ýaramaýandygyny bilmek üçin ünsli bolmaly. Şonda onuň ynsaby arassa bolar. Kanun taýdan hukugyň bolan zadyňy almak üçin bir zat bermek bilen, kanun taýdan hukugyň bolmadyk zady etdirjek bolup zat bermegiň tapawudy uly. Meselem, käbir adamlar kanun taýdan hukugy bolmadyk işini bitirmek üçin ýa-da kanun taýdan salnan jerimäni tölemezlik üçin «sowgat» berýärler. Elbetde, adamy «sowgat» bilen satyn almagam, pul alyp bikanun işi düzetmegem nädogry. Sebäbi iki ýagdaýda-da adam bikanun hereket edýär (Müs. çyk. 23:8; Kan. tag. 16:19; Sül. tym. 17:23).
Ruhy taýdan ösen mesihçileriň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň esasynda terbiýelenen ynsabyna görä, hökümet ýolbaşçylarynyň isleýän sowgadyny bermeýärler. Sebäbi olar muny parahorlygy goldaýan ýaly görýärler we asla sowgat bermeýärler.
Hawa, ruhy taýdan ösen mesihçiler kanun taýdan hukugyň bolmadyk zady almak üçin berilýän sowgatlaryň parahorlykdygyna düşünýärler. Emma ýerli ýagdaýlar sebäpli käbir mesihçiler özüne edilen kömege minnetdarlyk bildirmek üçin kiçiräk sowgat bermegi mümkin. Meselem, käbir mesihçiler hassahanada bejergi alandan soňra, lukmana ýa-da şepagat uýasyna minnetdarlyk hökmünde sowgat berýärler. Emma olar beren sowgady para hasaplanmaz ýaly, ony bejergi almazyndan öň däl-de, soň berýärler.
Elbetde, ähli ýagdaýlary göz öňünde tutup bolmaýar. Sebäbi her ýeriň ýagdaýy biri-birinden tapawutlanýar. Emma nähili bolaýanda-da mesihçiler Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä hereket etmeli (Rim. 14:1—6). Mesihçi bikanun hereket etmeli däl (Rim. 13:1—7). Şeýle-de Ýehowanyň adyna ysnat getirýän ýa-da başgalary büdredýän işlerden gaça durmaly (Mat. 6:9; 1 Kor. 10:32). Biziň gelýän kararlarymyzdan ýakynymyzy söýýändigimiz görünmeli (Mar. 12:31).
Sentýabr 14—20
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 25, 26
«Mukaddes çadyrdaky iň mukaddes zat»
it «Äht sandygy»
Äht sandygy
Daş görnüşi. Ýehowa Musa pygambere mukaddes çadyry gurmagy tabşyranda, äht sandygyny ýasamagy hem buýurdy we onuň nähili bolmalydygyny aýtdy. Sebäbi äht sandygy ysraýyllaryň düşelgesinde we mukaddes çadyrda iň wajyp zatlaryň biridi. Sandygyň uzynlygy 2,5 tirsek, ini 1,5 tirsek, beýikligi hem 1,5 tirsek (tak. 111 × 67 × 67 sm) bolmalydy. Sandygy akasiýa agajyndan ýasap, içine we daşyna altyn çaýmalydy, agzynyň daş-töweregine altyndan nagyş salmalydy. Sandygyň gapagy altyn çaýylan agaçdan däl-de, sap altyndan ýasalmalydy. Gapagyň uzynlygy hem ini sandygyň ölçegi bilen des-deň bolmalydy. Gapagyň her tarapynda altyndan ýasalan bir-birine seredip duran iki kerup durmalydy. Olaryň ýüzleri aşak bakmalydy, ganatlary bolsa ýokarlygyna ýaýylyp, sandyga kölege salmalydy (2Ms 25:10, 11, 17—22; 37:6—9). Sandygyň gapagyna «Hudaý bilen ýaraşdyrma» gapagy hem diýilýärdi (2Ms 25:17; Ýew 9:5; serediň: ÝARAŞDYRMA GAPAGY).
it «Äht sandygy»
Äht sandygy
Äht sandygy mukaddes hazyna ýalydy. Onda mukaddes ýatlatmalar we şaýatlyklar goralyp saklanylýardy. Esasanam, on kanun ýazylan iki daş bardy (2Ms 25:16). Soňra sandyga «mannaly altyn jamy» we «Harunyň güllän hasasyny» saldylar. Süleýman patyşanyň guran ybadathanasynyň gurluşygy tamamlananda, sandygyň içinde jam bilen hasa ýokdy (Ýew 9:4; 2Ms 16:32—34; 4Ms 17:10; 1Pa 8:9; 2Tr 5:10). Musa pygamber ölmezinden öň, lewi ruhanylaryna «Kanun kitabynyň» göçürmesini berip, ony «Ýehowa Hudaýyň äht sandygynyň gapdalynda goýmagy» tabşyrdy. Sebäbi Kanun halka Ýehowanyň duýduryşlaryny ýatladyp durmalydy (5Ms 31:24—26).
it «Äht sandygy»
Äht sandygy
Hudaý halkynyň arasyndady. Äht sandygy Hudaýyň öz halkynyň arasyndadygyny ýatladýardy. Ýehowa şeýle wada berdi: «Men gapagyň ýokarsynda görnüp, seniň bilen gepleşerin. Äht sandygynyň üstündäki iki kerubyň arasyndan... aýdaryn». «Gapagyň üstündäki bulutda meniň şöhratym görünýändir» (2Ms 25:22; 3Ms 16:2). Şamuwel pygamber hem Ýehowanyň «keruplaryň üstünde tagtda oturandygyny» ýazdy (1Şm 4:4). «Şol keruplar Hudaýyň arabasyny suratlandyrýardy» (1Tr 28:18). Şol sebäpli «Musa her gezek Hudaý bilen gepleşmek üçin ýygnak çadyryna girende, äht sandygynyň gapagynyň üstünden ses gelerdi. Hudaý Musa bilen iki kerubyň arasyndan gepleşerdi» (4Ms 7:89). Birnäçe wagtdan soň, Ýuşa bilen baş ruhany Pinehas hem äht sandygynyň öňünde Ýehowadan görkezme soradylar (Ýuş 7:6—10; Ser 20:27, 28). Emma çadyryň iň mukaddes otagyna baş ruhany girip, äht sandygyny görüp bilýärdi. Ýöne ol ýere baş ruhany ýylda bir gezek Ýehowa bilen gepleşmek üçin däl-de, Günä geçilýän güni gurbanlyk bermek üçin girýärdi (3Ms 16:2, 3, 13, 15, 17; Ýew 9:7).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Keruplar»
Keruplar
Keruplaryň heýkeli çölde gurlan mukaddes çadyrdaky zatlara degişlidi. Äht sandygynyň üstünde her tarapynda altyndan ýasalan keruplar bardy. Olar bir-birine seredip, hormat bilen Hudaýa sežde edýän ýaly dyza çöküp durdular. Olaryň hersiniň iki ganaty bardy we ganatlary ýokarlygyna ýaýylyp, sandygy goraýan we garawullaýan ýaly kölege salýardy (2Ms 25:10—21; 37:7—9). Şeýle-de mukaddes çadyryň 10 sany matasynda we mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy bölýän tutyda keruplaryň şekili bardy (2Ms 26:1, 31; 36:8, 35).
it «Hödür çöregi»
Hödür çöregi
Mukaddes çadyrdaky stoluň üstüne 12 sany çörek goýulýardy we her Sabat güni täze çöreklere çalşyrylýardy (2Ms 35:13; 39:36; 1Pa 7:48; 2Tr 13:11; Neh 10:32, 33). «Hödür çöregi» diýlen ýewreý sözi göni manyda «ýüzüň çöregi» diýmegi aňladýar. «Ýüz» diýen ýewreý sözi käte «bar bolmak» diýen manyny hem aňladýar (2Pa 13:23). Şol sebäpli hödür çöregi gurbanlyk hökmünde hemişe Ýehowanyň öňünde durýardy (2Ms 25:30). Käbir aýatlarda hödür çöregine «Hudaýa hödürlenen çörek» ýa-da «çörek» hem diýilýär (2Tr 2:4; Mar 2:26; Ýew 9:2).
Sentýabr 21—27
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 27, 28
«Baş ruhanynyň egin-eşikleri nämäni ýatladýar?»
it «Urym bilen tummym»
Urym bilen tummym
Mukaddes Kitaby öwrenýän alymlaryň aýtmagyna görä, urym bilen tummym bije hökmünde ulanylypdyr. Başga bir terjimede bolsa 2 Musa 28:30-njy aýatdaky urym bilen tummyma mukaddes bije diýilýär. Käbirleriniň aýtmagyna görä, olar üç bölek zat bolupdyr. Olaryň birinde «hawa», beýlekisinde «ýok» diýen ýazgy bardy, üçünjisinde bolsa hiç zat ýazylmandyr. Bir soragyň jogabyny biljek bolanlarynda, olary höküm gursakçasyndan çykarypdylar. Eger hiç zat ýazylmadyk bölek çyksa, sorag jogapsyz galýardy. Käbirleriniň aýtmagyna görä, urym bilen tummym iki sany ýasy daş bolup, bir tarapy ak, beýleki tarapy garady. Bije atylanda daşlaryň ak tarapy düşse «hawa», eger ikisiniňem gara tarapy düşse «ýok», eger biri ak, beýlekisi gara reňk düşse, jogap berilmändigini aňladýardy. Bir güni Şawul patyşa ruhany arkaly Hudaýdan piliştlileriň üstüne hüjüm etmelimi ýa-da etmeli däldigini biljek bolanda, ol jogap almady. Şonda Şawul patyşa halkyndan biri günä edendir öýdüp: «Eý Ysraýyl Hudaýy, tummym arkaly jogap ber!» diýip ýalbarypdyr. Atylan bije Şawul bilen ogly Ýonatana düşdi. Soňra ikisiniň arasynda bije atyldy. Ýokarda aýdylyşy ýaly, «tummym arkaly jogap ber» diýen sözler bije atmak bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny görkezýär. Emma käte olaryň baglanyşykly ýerleri-de bolupdyr (1Şm 14:36—42).
it «Maňlaýlyk»
Maňlaýlyk
Ysraýyllaryň baş ruhanysy. Ysraýylda baş ruhanynyň sellesiniň öň tarapynda sap altyndan ýasalan maňlaýlyk bolupdyr. Maňlaýlyk mukaddesligi aňladýardy. Onda «Ýehowa mukaddesdir» diýen sözler möhüre ýazylyşy ýaly oýulyp ýazylandy (2Ms 28:36—38; 39:30). Ýehowa sežde edenlerinde, ysraýyl halkynyň esasy wekili bolan baş ruhany mukaddes bolmalydy. Şeýle-de maňlaýlykdaky ýazgy bütin ysraýyl halkyna Ýehowa sežde edende, mukaddes bolmalydygyny ýatladýardy. Mundan başga-da, maňlaýlyk beýik baş ruhany Isa Mesihi we Ýehowanyň ony ruhany edip belländigini we mukaddes gullugyny goldaýandygyny görkezýär. Sebäbi ruhanylyk gullugy Hudaýyň mukaddesligini goraýardy (Ýew 7:26).
Özüňizi mynasyp alyp barmak bilen Ýehowany şöhratlandyryň
17 Mukaddes gulluk etmek bilen Ýehowany şöhratlandyrmak wajypdyr. Wagyzçy 5:1-de şeýle diýilýär: «Hak Hudaýyň öýüne baranyňda, ädimleriňe üns ber». Musa bilen Ýeşuw mukaddes ýerde duranda, olara çarygyny çykarmak tabşyryldy (Çyk. 3:5; Ýeş. 5:15). Olar muny etmek bilen, hormat goýandygyny görkezmelidi. Ysraýylly ruhanylar «bedeniniň açyk ýerini örtmek» üçin kendir matadan balak geýmelidiler (Çyk. 28:42, 43). Olar gurban berilýän ýerde gulluk edenlerinde, teninde açyk ýeri bolmazlygy üçin edýärdi. Ruhanylar maşgalasynyň ähli agzalary özlerini mynasyp alyp barşy we daş-keşbi bilen Hudaýa hormat goýmalydy.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Şuny bilýäňizmi?
Ysraýyllar baş ruhanynyň höküm gursakçasyndaky gymmatbaha daşlary nireden aldylar?
Ysraýyllar Müsürden çykyp, çölde ýaşaýarkalar, Hudaý olara baş ruhany üçin höküm gursakçasyny ýasamagy tabşyrýar (2 Musa 28:15—21). Höküm gursakçasyna şeýle daşlary oturdýarlar: lagyl, topaz, zümerret, pöwrize, gök ýakut, ýaşma, leşem, agat, ametist, zeberjet, oniks we nefrit. Ysraýyllarda şu gymmatbaha daşlar bardymy?
Gadymy döwürlerde gymmatbaha daşlar söwda-satykda iň gymmat haryt hasaplanýardy. Meselem, gadymy döwürde müsürliler gymmatbaha daşlary häzirki Eýrandan, Owganystandan we Hindistandan getiren bolmaly. Şeýle-de her dürli gymmatbaha daşlary Müsür topragyndan alypdyrlar. Müsür basyp alan ýurtlarynyň tebigy baýlyklaryna eýe çykýardy. Eýýup pygamber öz döwründäki adamlaryň genji-hazynalary tapmak üçin gazuw-agtaryş işlerini geçirendigini aýdýar. Şeýle-de ol ýeriň astyndan ýakut we topaz daşlarynyň tapylandygyny agzaýar (Eýýup 28:1—11, 19).
Töwratda ysraýyllar Müsürden çykanda, «müsürlileri talap», gymmatbaha zatlaryny alyp gaýtdy diýilýär (2 Musa 12:35, 36). Diýmek, ysraýyllar baş ruhanynyň höküm gursakçasyndaky gymmatbaha daşlary Müsürden alyp gaýdan bolmaly.
it «Mukaddeslik»
Mukaddeslik
Mallar we hasyl. Ýehowa goýnuň, geçiniň we iri şahly mallaryň ilkinji doglanyny mukaddes saýýardy we olar töleg hökmünde berilmeli däldi. Olar Hudaýa gurbanlyk hökmünde berlende, onuň bir bölegi tämizlenen ruhana degişlidi (4Ms 18:17—19). Hasylyň ilkinji miweleri, ondan bir bölegi we mukaddes çadyryň işlerine berlen sadakalar hem mukaddesdi (2Ms 28:38). Ýehowanyň mukaddes hasaplan zatlaryny äsgermezçilik edip, gündelik zerurlyk üçin ulanmaly däldi. Meselem, hasylyň ondan bir bölegini bermek baradaky kanun hakda bileliň. Eger adam galla hasylynyň ondan bir bölegini Hudaýa bagyş etmek üçin aýryp goýsa, soňra özi ýa-da maşgala agzalarynyň biri tötänlikden galladan alyp, ondan nahar bişirse, ol Hudaýyň mukaddes kanunyny bozup, günä edýär. Şonda ol kanuna görä, şikessiz goýny gurban bermelidi we mukaddes çadyr üçin berlen sadakanyň öwezini dolup, onuň üstüne 20 göterim goýmalydy. Şeýle kanun Ýehowa degişli mukaddes zatlara uly hormat goýmalydygyny öwredýärdi (3Ms 5:14—16).
SENTÝABR 28—OKTÝABR 4
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 29, 30
«Ýehowa üçin berlen sadaka»
it «Ilat ýazuwy»
Ilat ýazuwy
Sinaýda. Ysraýyllar Müsürden çykansoň, Sinaý dagynyň golaýynda düşlediler. Şonda Ýehowa ikinji ýylyň ikinji aýynda ilkinji sapar ilat ýazuwyny geçirmegi tabşyrdy. Musa pygambere halky sanamaga kömek etmek üçin her tire-taýpadan bir baştutan bellendi. Olaryň hersi öz tire-taýpasyndaky adamlary sanamalydylar. Şonda söweşip biljek 20 we ondan uly ýaşly ähli erkek göbekliler hasaba alyndy. Kanun boýunça ilat ýazuwyndan geçen ähli adamlar öz jany üçin ýarym şekel kümüş (1,10 dollar) tölemelidiler. Berlen pullar ýygnak çadyrynyň işi üçin ulanyldy (2Ms 30:11—16; 4Ms 1:1—16, 18, 19). Hasaba jemi 603 550 adam alyndy. Emma lewiler hasaba alynmady, sebäbi olara ýer paýy berilmedi. Lewiler ýygnak çadyry üçin pul tölemeli däldi we söweşe gitmeýärdiler (4Ms 1:44—47; 2:32, 33; 18:20, 24).
it «Sadaka»
Sadaka
Kanunda käbir sadakalary bermek talap edilýärdi. Musa pygamber ilat ýazuwyny geçirende, 20 ýaşly we ondan uly ähli erkek adamlar öz jany üçin «mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen ýarym şekel kümşi» (1,10 dollar) tölemelidiler. Olardan öz janlary üçin «Ýehowa sadaka bermek» we «ýygnak çadyrynyň işlerini» goldamak talap edilýärdi (2Ms 30:11—16). Ýewreý taryhçysy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä (Ýehudylaryň söweşi. VII. 6. 6), soňky ýyllarda «mukaddes salgyt» her ýyl tölenipdir (2Tr 24:6—10; Mat 17:24; serediň: SALGYT).
Şuny bilýäňizmi?
Iýerusalimdäki ybadathananyň çykdajylary nädip ödelýärdi?
Ybadathanada Ýehowa sežde etmek üçin edilýän çykdajylar salgytlaryň we hasylyň ondan bir bölegi hökmünde berilýän sadakalaryň netijesinde ödelýärdi. Bulardan başga-da salgytlar ýygnalýardy. Meselem, Ýehowa Musa pygambere ilat ýazuwyndan geçen her bir ysraýyllydan mukaddes çadyryň gurluşyk işi üçin ýarym şekel kümşi «Ýehowa töleg tölemelidigini» aýtdy (2 Musa 30:12—16).
Şeýlelikde, ysraýyllar her ýyl ybadathana üçin ýarym şekel kümüş töleýärdiler. Isa hem Petrusa salgyt tölemegi tabşyrypdy. Ol balygyň agzyndan alan kümüş teňňeleri töledi (Matta 17:24—27).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «El»
El
Eliňi goýmak. Adamyň ýa-da bir zadyň üstüne eliňi goýmaklyk dürli-dürli manyny aňladýar. Eliňi goýmaklyk bir zat üçin bellemegi, saýlamagy ýa-da bir maksat üçin niýetlenendigini subut edýär. Ruhanylary bellemek üçin geçirilýän dabarada Harun bilen ogullary gurbanlyk berjek öküziň we iki goçuň kellesine ellerini goýýardy. Şeýlelikde, olar Ýehowa Hudaýyň ruhanysy bolar ýaly, mallaryň özleri üçin gurbanlyk berilýändigine düşünýärdiler (2Ms 29:10, 15, 19; 3Ms 8:14, 18, 22). Musa pygamber Hudaýyň buýrugy bilen, özüne derek Ýuşany baştutan edip bellände, onuň başyna elini goýdy. Şondan soň Ýuşa «akyldarlyk ruhundan» dolup, ysraýyl halkyna gowy ýolbaşçy boldy (5Ms 34:9, çykgyt). Bir adam başga birine ak pata berende, onuň başyna elini goýýardy (1Ms 48:14; Mar 10:16). Isa Mesih adamlary sagaldanda, käbirlerine elini degirýärdi ýa-da başyna elini goýýardy (Mat 8:3; Mar 6:5; Luk 13:13). Resullary adamlaryň başyna elini goýanda, olara mukaddes ruh inýär (Res 8:14—20; 19:6).
it «Ýag çalmak, saýlananlar»
Ýag çalmak, saýlananlar
Ýehowa Musa pygambere beren kanunynda mukaddes ýagy nädip ýasamalydygyny aýtdy. Ýagyň düzüminde mür, ýakymly ysly dalçyn, ýakymly ysly gamyş, ýabany dalçyn we zeýtun ýagy bolmalydy (2Ms 30:22—25). Ýagy ruhany neslinden bolmadyk adam ýasasa ýa-da başga niýet bilen ulanylsa, oňa ölüm jezasy berilýärdi (2Ms 30:31—33). Diýmek, mukaddes ýag çalnyp saýlanan adama mukaddes we möhüm borç berilýär.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
km 1/11 sah. 4, abz. 5—7; sah. 6, çarçuwa
Maşgalalar üçin berlen sowgat
5 Maşgala okuwyny durşuna söhbetdeşlikde geçirmek hökmanmy? Çagaly we çagasyz maşgalalar Mukaddes Ýazgylar esasynda söhbetdeş bolanda, biri-birini ruhlandyrýarlar (Rim. 1:12). Şeýdip, maşgala has agzybir bolýar. Şonuň üçin, maşgala okuwynda esasan Hudaýyň Sözüni öwrenmeli. Ýöne maşgalanyň her agzasy şahsy okuwyny hem geçirmeli. Meselem, edilen söhbetdeşlikden soň, maşgala agzalary bile galyp, her kim aýratynlykda ýygnak duşuşyklaryna taýýarlansa ýa-da žurnallary okasa bolýar. Käbir maşgalalar şol agşam telewizoryny asla işletmeýär.
6 Söhbetdeşligi nädip geçirse bolar? Söhbetdeşligi hemişe sorag-jogap görnüşinde geçirmek hökman däl. Maşgala okuwyny gyzykly we täsirli geçirmek üçin, maşgalalaryň köpüsi ony ýygnak duşuşyklary ýaly geçirýär. Olar ony birnäçe bölüme bölüp, her dürli görnüşde geçirýärler. Mysal üçin, olar bile Mukaddes Ýazgylary okaýar, ýygnak duşuşyklaryň käbir bölümine taýýarlanýar we wagyzda ulanar ýaly sahna gurnaýar. Bu hakynda 6-njy sahypada käbir maslahatlar berilýär.
7 Ata-eneler maşgala okuwyny nähili äheňde geçirmeli? Maşgala okuwyny asuda we mähirli äheňde geçirseň, seniň maşgalaň has gowy öwrener. Howa gowy bolsa, okuwy kämahal açyk howada geçirse bolar. Gerek wagty arakesme hem et. Käbir maşgalalar söhbetdeşlikden soň az-owlak garbanýarlar. Ata-eneler maşgala okuwynda çagalaryna käýäp, temmi bermese-de, olaryň käbir nädogry hereketine ýa-da kynçylyklaryna aýratyn üns bermeli. Ýöne çaganyň käbir şahsy meselelerini jigi-doganlaryndan utandyrmaz ýaly, ýekelikde ara alyp maslahatlaşylsa gowy bolar. Maşgala okuwy ýürekgysdyryjy geçmän, sežde edýän Hudaýymyzyň bagtlydygyny görkezmeli (1Tim. 1:11).
Maşgala okuwy üçin käbir maslahatlar
Mukaddes Ýazgylar:
Mukaddes Ýazgylardan her hepde okamaly parçalary bile okaň. Eger okalýan waka hekaýa görnüşinde bolsa, biriňiz hekaýany gürrüň berýäniň sözlerini, başgalar ondaky adamlaryň sözlerini okap biler.
Mukaddes Ýazgylardaky wakanyň bir bölegini sahnalaşdyryň.
Maşgalaň her agzasyna Mukaddes Ýazgylardaky adamlar hakynda okamagy we okan wakasyna degişli birki sorag tapmagy öňünden ýumuş ber. Soňra şol soraglaryň jogabyny bilelikde gözläň.
Her hepde Mukaddes Ýazgylardan täze ýazylyp alnan aýatly kartlar taýýarlap, olary ýatda saklamaga synanyş we ony düşündir. Kartlary ýygnap, her hepde olary gaýtala we Ýazgylardan näçe aýat bilýändigiňi barla.
Mukaddes Ýazgylaryň ýazgysyny diňläp, ony kitapdan yzarlaň.
Ýygnak duşuşyklary:
Ýygnak duşuşyklaryna bile taýýarlanyň.
Geljek hepde aýdyljak Patyşalyk aýdymlaryny aýdyp, taýýarlyk görüň.
Maşgalada biri Teokratik gulluk mekdebinde doklad (nutuk) ýa-da Gulluk duşuşygynda sahna bilen çykyş etmeli bolsa, ony nädip ýerine ýetirmelidigini ara alyp maslahatlaşyň ýa-da maşgalanyň öňünde çykyş ediň.
Maşgalanyň zerurlyklary:
«Ýaşlaryň sowallary» ýa-da «Beýik Mugallymdan öwren» (rus.) atly kitaplardaky maglumata serediň.
Mekdepde ýüze çykaýjak kyn ýagdaýlarda näme edip bolýandygyny sahnalaşdyryň.
Ata-eneler çagalary bilen ornuny çalyşsyn. Çagalar bir tema esasynda ata-enesi bilen pikir alyşsyn.
Wagyzda:
Wagyzda ediljek hödürleri sahnalaşdyryň.
Maşgalaňyzyň Ýatlama agşamy döwründe ýa-da işden rugsat günleri wagza köpräk gatnaşmak üçin goýup biljek paýhasly maksatlary hakynda gürrüňdeş boluň.
Wagyzda adamyň beräýjek kyn soraglaryna jogap berip biler ýaly maşgala agzalaryň her birine birki minut wagt ber-de, ony sahnalaşdyr.
Goşmaça maslahatlar:
Täze žurnallardaky makalalary bile okaň.
Maşgalanyň her agzasyny täze žurnallardan olary gyzyklandyrýan makalalaryny okamaga we ol hakynda gürrüň bermäge höweslendir.
Maşgala okuwyna kämahal başga-da wagyzçyny ýa-da är-aýaly çagyryp, olardan wagyzda bolan wakalary ýa-da hakykaty nädip eşidendigini sorasa bolar.
Guramanyň çykaran wideofilmini görüp, ol hakynda söhbetdeşlik gurna.
«Oýanyň!» žurnalynyň «Ýaşlaryň sowallary» ýa-da «Maşgalalar üçin geçilenleri gaýtalamak» atly makalalary bilelikde ara alyp maslahatlaşyň.
«Garawul diňi» žurnalynyň «Çagalaryňyza öwrediň» ýa-da «Ýaşlar üçin» atly makalalary bilelikde ara alyp maslahatlaşyň.
«Ýyllyk kitabyny» ýa-da welaýat kongresinde çykan edebiýaty okap, söhbetdeş boluň.
Kongresden soň, ondaky pikirleri ara alyp maslahatlaşyň.
Ýehowanyň ýaradan zatlaryna üns berip, olardan Hudaý barada näme öwrenýändigiňizi gürrüň ediň.
Maşgala bolup, bir zadyň nusgasyny ýasaň, ýurtlaryň kartasyny ýa-da tablisany öwreniň.