MUSA PYGAMBERIŇ BÄŞINJI KITABY
1 Iordan topragynda, Sufuň garşysyndaky sähralykda, Paranyň, Topeliň, Labanyň, Haserotyň, Dizahabyň golaýynda* Musa ysraýyllara ýüzlendi. 2 Segir dagyna tarap gideniňde, Horepden Kadeş-barneýa+ çenli 11 günlük ýoldy. 3 Musa 40-njy ýylyň+, 11-nji aýynyň birine ysraýyllara Ýehowanyň tabşyran zatlaryny aýtdy. 4 Şondan biraz wagt öň Musa Heşbonda ýaşaýan amor hany Sihony+ we Aştarotda ýaşaýan Başan hany Ogy+ Edreý şäherinde+ ýeňipdi. 5 Iordanyň gündogaryndaky Mowap topragynda Musa halka Hudaýyň kanunyny+ düşündirip başlady:
6 «Horepde Ýehowa Hudaýymyz: „Bu daglyga geleniňize köp wagt boldy+. 7 Indi ýola düşüň-de, amorlaryň+ daglyk ýerlerine we olaryň golaýyndaky Araba+, daglyga, Şepela, Negebe, deňiz ýakasyndaky ýurda+ baryň. Kenganlaryň ýurduna giriň-de, Liwana*+ we beýik Ýewfrat derýasyna+ çenli eýeläň. 8 Şol ýurdy size bererin. Gidiň-de, Ýehowanyň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga+, Ýakuba+ we olaryň nesline wada beren* ýurdunda ýaşaň“+ diýdi.
9 Şonda men: „Size ýeke özüm baş bolup bilmerin+. 10 Ýehowa Hudaýyňyz sizi juda köpeltdi, sanyňyz asman ýyldyzlary deý boldy+. 11 Goý, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowa sanyňyzy ýene-de müň esse köpeldip+, wada berişi ýaly ýalkasyn+. 12 Ýöne ýeke özüm size nädip baş bolaýyn, derdiňizi nädip çekişeýin, dawaňyzy nädip çözeýin?+ 13 Her taýpadan paýhasly, düşünjeli we başarjaň* adamlary saýlaň. Olary size ýolbaşçy belläýin“+ diýdim. 14 Siz hem muny makulladyňyz. 15 Şonda men her taýpadan paýhasly, başarjaň* baştutanlary üstüňizden müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy, onbaşy we gözegçi edip goýdum+.
16 Kazylara bolsa tabşyryk berip: „Ysraýyllaryň arasynda bolsun, ysraýyllar bilen gelmişekleriň+ arasynda bolsun, dawany adalatly çözüň+. 17 Höküm çykaranyňyzda, hiç kimi ala tutmaň+. Garybyň arzyny-da baýyň arzyny diňleýşiňiz ýaly diňläň+. Adamdan gorkmaň+, sebäbi siz Hudaýyň wekili hökmünde höküm çykarýaňyz+. Çözüp bilmedik meseläňizi maňa aýdyň, özüm serederin“+ diýdim. 18 Şonda etmeli işleriňiz hakda görkezme beripdim.
19 Şeýlelikde, Horepden gaýdyp, Ýehowa Hudaýymyzyň tabşyryşy ýaly, amorlaryň daglyk ülkesine+ barýan ýoldan, ägirt uly we gorkunç çölüň içi bilen ýöräp+, Kadeş-barneýa+ geldik. Muny özüňiz hem gördüňiz. 20 Şonda men: „Ine, Ýehowa Hudaýymyzyň bize berýän ýurduna, amorlaryň daglyk ülkesine geldiňiz. 21 Ýehowa Hudaýyňyz ýurdy eliňize berýär. Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň aýdyşy ýaly, gidiň-de, ýurdy basyp alyň+. Hiç zatdan gorkmaň, howsala düşmäň“ diýdim.
22 Ýöne siz ýanyma gelip: „Öňümizden adam ibereli, goý, olar ýurdy we basyp aljak şäherlerimizi gözden geçirsinler+, haýsy ýoldan gitmelidigimizi bilip gelsinler“ diýdiňiz. 23 Menem teklibiňizi halap, her taýpadan bir adamy, jemi 12 adamy saýladym+. 24 Olar daglyga çykyp+, Eşkol jülgesine bardylar-da, ýurdy gözden geçirdiler. 25 Ýurduň ir-iýmişlerini getirip: „Ýehowa Hudaýymyzyň bize berjek ýurdy gowy eken“+ diýdiler. 26 Siz bolsa ol ýere gitmekden boýun gaçyryp, Ýehowa Hudaýyňyzyň buýrugyna garşy çykdyňyz+. 27 Çadyrlaryňyzda hüňürdeşip: „Ýehowa bizi ýigrenýär. Ol bizi amorlaryň eline berip, ýok etmek üçin Müsürden çykarypdyr. 28 Biz ol ýurda nädip gideli? Doganlarymyz: „Ýurduň ýaşaýjylary bizden has güýçli hem daýaw, galalary beýik-beýik, göge ýetip dur*+. Ol ýurtda anaklary+ hem gördük“ diýip, ýüregimize howsala saldy“ diýdiňiz+.
29 Şonda size: „Olardan gorkmaň, howsala düşmäň+. 30 Ýehowa Hudaýyňyz öňüňize düşüp, Müsürdäki ýaly+ siziň üçin söweşer+. 31 Çölde özüňiz hem görensiňiz, Ýehowa Hudaýyňyz ogluny elinde göterýän ata ýaly, sizi ýolboýy elinde göterip geldi“ diýdim. 32 Ýöne şonda-da Ýehowa Hudaýyňyza iman etmediňiz+. 33 Ol bolsa öňüňizden gidip, size düşlemäge ýer gözleýärdi. Gijesine ot sütüni, gündizine bulut sütüni arkaly ýol görkezdi+.
34 Ýehowa ýolboýy aýdan zatlaryňyzy eşidip geldi. Ahyry ol gaharyna ant içip+: 35 „Şu zalym nesliň ýekejesi-de ata-babalaryna wada beren* eşretli ýurdumy görmez+. 36 Ýurda olardan diňe Ýepunnanyň ogly Kalep girer. Kalep ýurdy görer, aýak basan ýurduny oňa we ogullaryna mülk edip bererin, sebäbi ol bütin ýüregi bilen Ýehowa gulak asdy+. 37 (Ýehowa siz sebäpli hatda maňa-da gaharlanyp: „Sen hem ýurda girmersiň+, 38 kömekçiň*+ Nun ogly Ýuşa girer+. Ýuşany ruhlandyr*+, sebäbi şol ýurda ysraýyl halkyny Ýuşa äkider“ diýdi.) 39 Ýesir düşer öýdüp gorkan çagalaryňyzy+, heniz agy-garany* saýgarmaýan ogullaryňyzy şol ýurda eltip, mülk edip bererin+. 40 Siz bolsa Gyzyl deňze barýan ýol bilen yzyňyza çöle gidiň“+ diýdi.
41 Şonda: „Biz Ýehowa garşy günä etdik. Indi Ýehowa Hudaýymyzyň aýdyşy ýaly söweşmäge gideris!“ diýip, hemmäňiz ýaraglandyňyz. Daga çykmak aňsat bolar öýtdüňiz+. 42 Emma Ýehowa maňa: „Olara aýt, söweşe gitmesinler, sebäbi men olary goldamaryn+. Gitseler, duşmanlaryň elinden heläk bolarlar“ diýdi. 43 Size aýtsamam, diňlemediňiz, Ýehowanyň buýrugyna gulak asmadyňyz. Boýnuýogynlyk edip, daga çykjak bolduňyz. 44 Dagda ýaşaýan amorlar bolsa üstüňize ary ýaly çozup, sizi Segirden Horma çenli kowalap, derbi-dagyn etdiler. 45 Soňra yzyňyza gelip, Ýehowa dady-perýat etdiňiz. Emma Ýehowa sizi ne diňledi, ne-de nazar saldy. 46 Şonuň üçin ep-esli wagt Kadeşde ýaşamaly bolduňyz.
2 Soňra Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Gyzyl deňze barýan ýol bilen çöle gaýtdyk+. Segir dagynyň töwereginde ençeme günläp aýlandyk. 2 Ahyry Ýehowa maňa: 3 „Şu dagyň töwereginde aýlanyp ýöreniňize köp wagt boldy. Indi demirgazyga öwrüliň. 4 Halka aýt: „Segirde+ doganlaryňyz+ Ysawyň nesilleri ýaşaýar. Olaryň serhedinden geçersiňiz. Olar sizden gorkar+, ýöne seresap boluň. 5 Olar bilen söweşäýmäň, sebäbi olaryň ýurdundan bir garyş* ýer hem almarsyňyz. Segir dagyny Ysawa mülk edip beripdim+. 6 Olara iýjek çöregiňiz, içjek suwuňyz üçin pul töläň+. 7 Şu wagta çenli Ýehowa Hudaýyňyz ähli işiňizi oňuna etdi. Ol ägirt uly çölüň içinde äden her ädimiňizden habarlydyr. Geçen 40 ýylyň içinde Ýehowa Hudaýyňyz sizi goldap, hiç zada zar etmedi“+ diýdi. 8 Şeýdip, biz Araba, Elata we Esýon-gebere+ barman, Segirde ýaşaýan doganlarymyz Ysawyň nesilleriniň+ deňinden geçdik.
Soňra öwrülip, Mowap çölüne+ tarap ýolumyzy dowam etdik. 9 Ýehowa maňa: „Mowaplaryň üstüne çozmaň, olar bilen söweşmäň, olaryň ýurduny size bermerin. Men Ar şäherini Lutuň nesillerine+ mülk edip beripdim. 10 (Öňler şol ýerde emimler+ ýaşaýardy. Olar güýçli, ummasyz köp halkdy, anaklar ýaly äpet adamlardy. 11 Refaýimler+ hem anaklara meňzeýärdi+, mowaplar olara emimler diýýärdi. 12 Segirde öň horylar+ ýaşaýardy. Emma Ysawyň nesilleri olary derbi-dagyn edip, ýurdy basyp aldylar+ we şol ýerde ýaşap başladylar. Ysraýyllar hem Ýehowanyň mülk edip berjek ýurduny şeýdip basyp alar). 13 Indi gidiň-de, Zeret jülgesinden+ geçiň“ diýdi. Şeýdip, biz jülgeden geçdik. 14 Kadeş-barneýadan gaýdyp, Zeret jülgesinden geçýänçäk 38 ýyl geçdi. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, öňki nesilden söweşe ukyply adamlaryň ählisi heläk boldy+. 15 Ýehowa olara garşy çykyp*, halkyň arasyndan bütinleý ýok etdi+.
16 Söweşe ukyply erkekleriň ählisi ölüp gutaranda+, 17 Ýehowa ýene-de: 18 „Şu gün Mowabyň serhedinden, Ar şäherinden geçersiňiz. 19 Ammonlaryň deňinden geçeniňizde, olara azar bermäň, üstüne çozmaň. Ammonlaryň ýurduny size bermerin, sebäbi ony Lutuň nesillerine mülk edip beripdim+. 20 Şol ýurt öň refaýimleriňkidi+. (Öňler şol ýerde refaýimler ýaşaýardy. Ammonlar olara zamzumimler diýýärdi. 21 Olar güýçli, ummasyz köp halkdy, anaklar ýaly äpet adamlardy+. Emma Ýehowa ammonlara olary ýok etmäge we ýurduny eýelemäge kömek etdi. 22 Hudaý Segirde ýaşaýan Ysawyň nesillerine-de+ horylary+ ýok etmäge we ýurduny eýelemäge kömek etdi. Ysawyň nesilleri häzirem horylaryň ýurdunda ýaşaýar. 23 Kaptordan* gelip çykan kaptorlar+ bolsa Gazanyň+ töweregindäki obalarda ýaşaýan awimleri gyryp, ýerlerini basyp aldylar).
24 Gidiň-de, Arnon jülgesinden+ geçiň. Ine, amor halkyndan Heşbon hany Sihony+ eliňize berýärin. Onuň üstüne çozuň-da, ýurduny basyp alyň. 25 Şu günden şeýläk gök astyndaky ähli halklary sizden gorkar ýaly ederin. Olar siz hakda eşidip, howsala düşer, gorkudan ýaňa titrär“+ diýdi.
26 Soňra men Kedemot çölünden+ Heşbon hany Sihonyň ýanyna ýagşy niýet bilen wekillerimi ýollap+: 27 „Ýurduňdan geçmäge rugsat ber. Uly ýoldan saga-da, sola-da sowulmaryn+. 28 Iýjek-içjek zatlarymyzy senden satyn alarys, ýurduňdan geçmäge rugsat berseň bolýar. 29 Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri we Arda ýaşaýan mowaplar bize kömek edipdi. Iordandan geçip, Ýehowa Hudaýymyzyň berjek ýurduna barar ýaly, sen hem bize kömek et“ diýdim. 30 Emma Heşbon hany Sihon ýurdundan geçmäge rugsat bermedi. Ýehowa Hudaý Sihony doňýürek we boýnuýogyn edip+, eliňize berdi. Muňa özüňizem şaýatsyňyz+.
31 Ýehowa maňa: „Sihony we ýurduny eliňize berýärin. Gidiň-de, ýurdy basyp alyň“+ diýdi. 32 Sihon goşuny bilen gelip, Ýahazda üstümize hüjüm etdi+. 33 Ýöne Ýehowa Hudaýymyz Sihony elimize berdi. Biz Sihony, ogullaryny we tutuş goşunyny boýun egdirdik. 34 Ähli şäherlerini basyp alyp, ýer bilen ýegsan etdik. Aýal-erkek, çaga diýmän, hemmesini gyrdyk, birini-de diri galdyrmadyk+. 35 Diňe mal-garalary we şäherlerden oljalarymyzy alyp gaýtdyk. 36 Arnon jülgesine ýanaşyp duran Aroger+ bilen jülgäniň içindäki şäherden tä Gileada çenli basyp almadyk ýerimiz galmady. Ýehowa Hudaýymyz olaryň baryny elimize berdi+. 37 Ýöne ammonlaryň ýurduna+, ýagny Ýabok jülgesine+ we daglykdaky şäherlere, Ýehowa Hudaýymyzyň rugsat bermedik ýerlerine barmadyk.
3 Soňra öwrülip, Başan ýolundan gitdik. Başan hany Og goşunyny ýygnap, biz bilen söweşmek üçin Edreýe+ geldi. 2 Şonda Ýehowa maňa: „Gorkma, Ogy, tutuş goşunyny we ýurduny eliňe bererin. Ogy hem Heşbonda ýaşan amor hany Sihonyň gününe salarsyň“ diýdi. 3 Şeýdip, Ýehowa Hudaýymyz Başan hany Ogy-da goşuny bilen elimize berdi. Biz olary derbi-dagyn edip, ýekejesini-de diri galdyrmadyk. 4 Ähli şäherlerini basyp aldyk. Başan hany Oguň+ bütin patyşalygyny, Argopdaky 60 şäherini eýeledik. Basyp almadyk şäherimiz galmady. 5 Olaryň hemmesi beýik diwarly, derwezeli we gulply şäherlerdi, daş-töwereginde birgiden obalary bardy. 6 Heşbon hany Sihonyň ýurduny edişimiz ýaly+, şol şäherleri hem ýer bilen ýegsan edip, aýal-erkek, çaga diýmän, baryny gyrdyk+. 7 Mal-garalary we şäherlerden olja alyp gaýtdyk.
8 Şeýlelikde, Iordanyň gündogaryndaky iki amor hanynyň ýurduny+, Arnon jülgesinden tä Hermon dagyna çenli basyp aldyk+. 9 Sidonlylar Hermon dagyna Sirýon, amorlar Senir diýýärdi. 10 Biz düzlükdäki şäherleri, Gileady, Başan hany Oguň golastyndaky Saleka bilen Edreýe+ çenli tutuş Başan ýurduny basyp aldyk. 11 Başan hany Og refaýimleriň iň soňkusydy. Oguň tabydyny demirden* ýasadylar. Şol tabyt ammonlaryň Rapa şäherinde henizem dur. Tabydyň uzynlygy dokuz tirsek*, ini dört tirsekdi. 12 Biz Arnon jülgesiniň golaýyndaky Arogerden+ başlap, Gileadyň daglyk ýerleriniň ýarysyna çenli basyp aldyk. Şol ýerdäki şäherleri rubenlere we gadlara berdim+. 13 Gileadyň galan bölegini we Başan hany Oguň golastyndaky ýerleri manaşa taýpasynyň ýarysyna berdim+. Başandaky Argop welaýaty refaýimleriň ýurdy hasaplanýardy.
14 Manaşanyň ogly Ýaýyr+ geşurlylaryň we magakatlylaryň+ serhedine çenli tutuş Argop welaýatyny+ basyp alyp, Başanyň şol obalaryna öz adyny goýdy. Olara henizem Hawot-ýaýyr*+ diýilýär. 15 Gileady Mahyra+ berdim. 16 Rubenlere we gadlara+ bolsa Gileaddan başlap, Arnon jülgesine çenli aralygy berdim. Jülgäniň ortasy olaryň serhedi hasaplanýar. Şeýle-de ammonlaryň serhedindäki Ýabok jülgesine çenli aralygy, 17 Arabany, Iordany we onuň serhedine çenli aralygy, Kinneretden Araba deňzine, ýagny gündogardaky Pisganyň eteginde ýerleşýän Duz deňzine* çenli aralygy berdim+.
18 Şonda olara tabşyryk berip: „Ýehowa Hudaýyňyz ýurdy size mülk edip berdi. Batyr adamlaryňyz eline ýarag alsyn-da, beýleki ysraýyl doganlarynyň öňüne düşüp, derýadan geçsin+. 19 Size beren şäherlerimde diňe aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garaňyz galsyn. Mallaryňyz hem juda köp. 20 Ýehowa Hudaýyňyz doganlaryňyza Iordanyň aňyrsyndaky ýurdy berer. Doganlaryňyz şol ýurdy basyp alanda, Ýehowa olary hem siz ýaly rahat ýaşadar*. Şondan soň mülküňize gaýdyp bilersiňiz“+ diýdim.
21 Men Ýuşa+ şeýle tabşyryk berdim: „Ýehowa Hudaýyň iki hany näme edendigini gözüň bilen gördüň. Ýehowa derýanyň aňyrsyndaky ähli patyşalyklary-da şeýle eder+. 22 Olardan gorkmaň, Ýehowa Hudaýyňyz siz üçin söweşer“+.
23 Soňra men Ýehowa ýalbaryp: 24 „Älemiň Hökümdary Ýehowa, guluňa şan-şöhratyňy*, güýçli goluňy+ görkezdiň. Ýerde-gökde seniň deý gudrat görkezip biljek barmy?+ 25 Ýalbarýaryn, Iordandan geçip, eşretli ýurdy, gözel daglary, Liwany+ görmäge rugsat ber“ diýdim. 26 Emma Ýehowa siz sebäpli henizem maňa gaharlydy+, şonuň üçin meni diňlemedi. Ýehowa maňa: „Boldy, besdir! Gaýdyp şu hakda agzama! 27 Pisganyň depesine+ çyk-da, töweregiňe* göz aýlap, ýurdy synla. Sen Iordandan geçmersiň+. 28 Ýeriňe Ýuşany belle+, ony ruhlandyr, güýçlendir. Halky derýadan geçirip+, olara seniň gören ýurduňy paýlap berjek Ýuşadyr“ diýdi. 29 Şol waka Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede ýaşan wagtymyz bolupdy+.
4 Eý ysraýyl halky, size öwredýän kanunlarymy we hökümlerimi diňläň. Olary berjaý etseňiz, uzak ýaşarsyňyz+, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň berjek ýurduny miras alarsyňyz. 2 Ýöne şol tabşyryklara hiç zat goşmaly ýa aýyrmaly dälsiňiz+. Ýehowa Hudaýyňyzyň men arkaly berýän tabşyryklaryny ýerine ýetiriň.
3 Pegor Bagaly sebäpli Ýehowanyň halka näme edendigini gözüňiz bilen gördüňiz. Ýehowa Hudaýyňyz Pegor Bagalyna sežde edenleriň baryny halkyň arasyndan ýok etdi+. 4 Siz Ýehowa Hudaýyňyza wepaly bolanyňyz üçin diri galdyňyz. 5 Ine, men Ýehowanyň ähli kanunlaryny we hökümlerini+ aýdyşy ýaly öwretdim. Barjak ýurduňyzda olary berjaý ediň, 6 gyşarnyksyz ýerine ýetiriň+. Şonda başga milletler hem siziň kanunlaryňyz hakda eşidip, paýhasly+ we düşünjeli+ halkdygyňyzy görer. Olar: „Dogrudanam, ysraýyllar beýik, paýhasly we düşünjeli halk“+ diýer. 7 Biz Hudaýymyzy haçan çagyrsak-da, kömege ýetişýär. Haýsy halkyň* taňrylary Ýehowa Hudaýymyz ýaly halkynyň dadyna ýetişýär?+ 8 Haýsy halkyň* şu Kanundaky ýaly adyl kanunlary we hökümleri bar?+
9 Seresap boluň, özüňizi alyp barşyňyza ünsli boluň. Gören gudratlaryňyzy unutmaň, olary bütin ömrüňize ýüregiňizde saklap, ogullaryňyza, agtyklaryňyza-da gürrüň beriň+. 10 Horepde Ýehowa Hudaýyňyzyň öňünde duran günüňiz, Ýehowa maňa: „Halky huzuryma ýygna. Sözlerimi eşidip+, hemişe menden gorkup ýaşamagy öwrensinler+, ogullaryna-da öwretsinler“+ diýdi.
11 Şonda siz gelip, dagyň eteginde durduňyz. Dag lowlap ýanyp durdy, oduň ýalny asmana ýetýärdi. Dagy tüm-garaňkylyk we gara bulut gaplady+. 12 Ýehowa oduň içinden siz bilen gepleşip başlady+. Siz onuň aýdan zatlaryny eşitseňiz-de, keşbini görmediňiz+, diňe sesini eşitdiňiz+. 13 Hudaý siz bilen äht baglaşyp+, iki daşa on tabşyrygyny+ ýazyp berdi+ we olary berjaý etmegi buýurdy. 14 Şonda Ýehowa maňa kanunlaryny we hökümlerini halka öwretmegi tabşyrdy. Barjak ýurduňyzda olary berjaý ediň.
15 Ýehowa Horepde siz bilen oduň içinden gepleşende, hiç hili keşp görmediňiz. Şonuň üçin seresap boluň, 16 azgynlyga ýüz urup, haýsydyr bir zadyň şekilinde but ýasamaň. Erkegiň ýa aýalyň şekilinde+, 17 ýerdäki islendik haýwanyň, asmanda uçýan guşuň+, 18 ýerde süýrenýän jandaryň ýa-da suwdaky balygyň şekilinde hiç hili but ýasamaň+. 19 Göge seredip, asman jisimlerini*: Güni, Aýy, ýyldyzlary göreniňizde, aldanyp, olara tagzym etmäň, sežde etmäň+. Ýehowa Hudaýyňyz olary ýer ýüzündäki adamlar üçin ýaratdy. 20 Ýehowa sizi öz halky edip saýlamak üçin gyzgyn tamdyrdan*, ýagny Müsürden çykaryp getirdi. Indi siz Hudaýyň mirasy bolduňyz+.
21 Siz sebäpli Ýehowanyň maňa-da gahary geldi+. Ol ant içip, meni Iordandan geçirmejekdigini, Ýehowa Hudaýyňyzyň size mülk edip berýän gowy ýurduna eltmejekdigini aýtdy+. 22 Hawa, men Iordandan geçmän+, şu ýerde ölerin. Siz bolsa derýadan geçip, gowy ýurdy miras alarsyňyz. 23 Ýöne seresap boluň, Ýehowa Hudaýyňyzyň siz bilen baglaşan ähtini+ unutmaň. Ýehowa Hudaýyňyzyň gadagan eden zatlarynyň hiç biriniň şekilinde but ýasamaň+. 24 Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz ýakyp ýandyrýan otdur+, ýürekden wepaly bolmagy talap edýän* Hudaýdyr+.
25 Ýurtda uzak wagt ýaşap, ogul-gyzly, agtyk-çowlukly bolanyňyzda, ýaman ýola düşüp, özüňize but ýasasaňyz+, Ýehowa Hudaýyňyzyň ýigrenýän işlerini edip, göwnüne degseňiz+, 26 ine, ýer-gök şaýatdyr: Iordandan geçip, mesgen tutjak ýurduňyzda gysga wagtyň içinde ýok bolup gidersiňiz. Ýurtda uzak ýaşamarsyňyz, baryňyz heläk bolarsyňyz+. 27 Ýehowa sizi halklaryň arasyna dargadar+. Ýehowa sizi başga milletleriň ýurduna kowanda, sanlyjaňyz diri galar+. 28 Şol ýerde ynsan eli bilen agaçdan, daşdan ýasalan+, ne görüp, ne eşidip bilýän, ne ys, ne-de tagam duýýan butlara sežde etmeli bolarsyňyz.
29 Ýöne şol ýerde Ýehowa Hudaýyňyzy agtarsaňyz, bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen gözleseňiz+, hökman taparsyňyz+. 30 Başyňyza şeýle günler düşende, alaçsyz galyp, Ýehowa Hudaýyňyza dolanarsyňyz, sözüne gulak asarsyňyz+. 31 Ýehowa Hudaýyňyz rehimdardyr+. Ol sizden ýüz öwürmez, bütinleý ýok edip taşlamaz, ata-babalaryňyz bilen baglaşan* ähtini unutmaz+.
32 Dünýäniň bir ujundan beýleki ujuna çenli sorap görüň, gadym zamanlardan bäri, Hudaýyň ýer ýüzünde ynsany ýaradan gününden bäri şeýle beýik gudratlary gören-eşiden barmy?+ 33 Lowlap duran otdan Hudaýyň sesini eşidip, siz ýaly diri galan halk barmy?+ 34 Ýehowa Hudaýyňyz sizi halklaryň arasyndan saýlap, öz halky etdi. Siziň üçin Müsüriň üstünden höküm çykaryp, alamatlar, gudratlar görkezip+, söweşip+, güýç-kuwwatly goly+ bilen gözüňiziň alnynda gorkunç işleri etdi+. Hudaý başga haýsy halk üçin şeýle işleri etdi? 35 Şol zatlary görüp, siz Ýehowanyň hak Hudaýdygyna+, ondan başga Hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdiňiz+. 36 Ol sizi dogry ýola salmak üçin gökden sesini eşitdirdi, ýerde lowlaýan ot görkezdi. Oduň içinden Hudaýyň sözlerini eşitdiňiz+.
37 Hudaý ata-babalaryňyzy söýüp, olaryň neslini öz halky edip saýlady+. Siziň ýanyňyzdan aýrylman, beýik güýji bilen Müsürden çykardy. 38 Indi bolsa Hudaý sizden has beýik we güýçli halklary kowup çykaryp, olaryň ýurduny size mülk edip berýär+. 39 Şuny berk belläň, ýüregiňizde saklaň: ýerde-gökde ýeke-täk hak Hudaý Ýehowadyr+. Ondan başga Hudaý ýokdur+. 40 Hudaýyň men arkaly berýän düzgünlerini we tabşyryklaryny berjaý ediň. Şonda özüňiz hem, ogullaryňyz hem gowy günleri görüp, Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda uzak ýaşarsyňyz»+.
41 Soňra Musa Iordanyň gündogar tarapyndan üç şäheri saýlady+. 42 Hiç hili duşmançylygy bolman, birini tötänlikde öldüren adam+ şol şäherleriň birine gaçyp, başyny gutarmalydy+. 43 Rubenlere düzlükde ýerleşýän Bezeri+, gadlara Gileaddaky Ramoty+, manaşalara+ bolsa Başandaky Golan şäherini+ berdi.
44 Musanyň ysraýyllara beren Kanuny+ şudur. 45 Ysraýyl halky Müsürden çykansoň, Musa şu öwüt-ündewleri*, kanunlary we hökümleri beripdi+. 46 Şol wagt olar Iordanyň golaýynda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede ýerleşýän ýurda+ barypdylar. Müsürden çykan Musa bilen ysraýyllar+ Heşbonda ýaşan amor hany Sihonyň ýurduny basyp aldylar+. 47 Olar Başan hany Oguň+ ýurduny hem basyp aldylar. Şeýlelikde, ysraýyllar Iordanyň gündogarynda ýaşan amorlaryň iki hanynyň ýurduny eýelediler. 48 Arnon jülgesine ýanaşyp duran Arogerden+ başlap, Siýon dagyna, ýagny Hermona+ çenli, 49 Iordanyň gündogaryndaky tutuş Arabany, Pisganyň+ eteginde ýerleşýän Arabanyň deňzine* çenli aralygy eýelediler.
5 Musa tutuş halky ýygnap, şeýle diýdi: «Eý ysraýyllar, size berjek kanunlarymy we hökümlerimi diňläň. Olary öwrenip, birkemsiz ýerine ýetiriň. 2 Ýehowa Hudaýymyz Horepde biz bilen äht baglaşdy+. 3 Ýehowa şol ähti ata-babalarymyz bilen däl-de, biz bilen, ine şu ýerde duran halk bilen baglaşdy. 4 Dagda Ýehowa oduň içinden siz bilen ýüzbe-ýüz gepleşdi+. 5 Ýehowanyň sözlerini size ýetirmek üçin, men Ýehowa bilen araňyzda durdum+. Sebäbi siz otdan gorkup, daga çykmadyňyz+. Şonda Hudaý şeýle diýdi:
6 „Men sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Hudaýyňyz Ýehowa+. 7 Menden başga hudaýyňyz bolmasyn+.
8 Asmandaky, ýerdäki, suwdaky hiç bir zadyň butuny ýa şekilini ýasamaň+. 9 Olara tagzym etmäň, sežde etmäň+. Sebäbi men, Hudaýyňyz Ýehowa, ýürekden wepaly bolmagy talap edýärin*+. Meni ýigrenýän atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýärin+. 10 Meni söýüp, tabşyryklarymy berjaý edýänlere bolsa müňlerçe nesline çenli ýagşylyk edýärin*.
11 Ýehowa Hudaýyňyzyň adyny biderek ýere* tutmaň+. Ýehowa adyny biderek ýere tutýanlaryň hiç birini jezasyz goýmaz+.
12 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryşy ýaly, Sabat gününi hemişe mukaddes hasaplaň+. 13 Ähli işiňizi alty günde ediň+. 14 Ýedinji gün Ýehowa Hudaýyňyza bagyşlanan Sabat günüdir+. Şol gün hiç hili iş etmäň, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, öküzleriňiz, eşekleriňiz, mal-garaňyz, şäheriňizde ýaşaýan gelmişekler+ hem işlemeli däldir+. Gul-gyrnaklaryňyz siz bilen deň dynç alsyn+. 15 Müsürde gul bolup ýaşanyňyzy unutmaň. Ýehowa Hudaýyňyz sizi güýç-kuwwatly goly bilen gulçulykdan çykardy+. Şonuň üçin Ýehowa Hudaýyňyz Sabat gününi bellemegi tabşyrdy.
16 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryşy ýaly, ene-ataňyza hormat goýuň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda gowy günleri görüp, uzak ýaşarsyňyz+.
17 Adam öldürmäň+.
19 Ogurlyk etmäň+.
20 Hiç kime garşy ýalan şaýatlyk etmäň+.
21 Biriniň aýalyna+, öýüne, gul-gyrnagyna, öküzine, eşegine, hiç zadyna göz gyzdyrmaň“+.
22 Ýehowa şu tabşyryklary dagda oduň, buludyň, tüm-garaňkylygyň içinden+ batly ses bilen jemagata ýüzlenip aýdypdy. Ol başga hiç zat tabşyrmady. Hudaý tabşyryklaryny iki daşa ýazyp, maňa berdi+.
23 Dag lowlap ýanyp durka, garaňkylygyň içinden çykýan sesi eşideniňizde+, taýpa baştutanlaryňyz bilen ýaşulularyňyz ýanyma geldi. 24 Şonda siz maňa: „Ýehowa Hudaýymyz şöhratyny, güýjüni görkezdi. Oduň içinden sesini eşitdik+. Şu gün Hudaýyň ynsan bilen gepleşýändigine, ynsanyň şonda-da diri galyp bilýändigine göz ýetirdik+. 25 Biziň ölesimiz gelenok, oduň ýalny bizi ýakyp kül etjeg-ä! Ýehowa Hudaýymyzyň sesini ýene eşitsek, hökman öleris. 26 Heý-de, oduň içinden Biribaryň sesini eşidip, biz ýaly diri galan adam barmy? 27 Gowusy, özüň git-de, Ýehowa Hudaýymyzyň sözlerini diňle. Soňra Ýehowa Hudaýymyzyň diýen zatlaryny aýdarsyň. Biz gulak asyp, ählisini berjaý ederis“+ diýdiňiz.
28 Ýehowa siziň aýdanlaryňyzy eşitdi. Ýehowa maňa: „Halkyň aýdanlaryny eşitdim. Olar dogry aýdýar+. 29 Eger olar hemişe menden gorkup*+, tabşyryklaryma gulak assalar+, özleriniň-de, ogullarynyň-da görjegi diňe gowulyk bolar+. 30 Git-de, olara: „Öýüňize* gaýdyberiň“ diý. 31 Sen bolsa bärde gal, tabşyryklarymy, kanunlarymy we hökümlerimi bereýin. Olary halka öwret, mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“ diýdi. 32 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetiriň+, saga-da, sola-da sowulmaň+. 33 Diňe Ýehowa Hudaýyňyzyň ýolundan ýöräň+. Şonda barjak ýurduňyzda gowy günleri görüp, uzak ýaşarsyňyz+.
6 Ýehowa Hudaýyňyz şu tabşyryklary, kanunlary we hökümleri size öwretmegi buýurdy. Olary mülk edip aljak ýurduňyzda berjaý ediň. 2 Özüňiz hem, ogullaryňyz, agtyklaryňyz hem ömürboýy Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup, men arkaly berýän kada-kanunlaryny, tabşyryklaryny berjaý etseňiz+, gowy günleri görüp, uzak ýaşarsyňyz+. 3 Eý ysraýyllar, ünsli diňläp, olary birkemsiz ýerine ýetiriň. Şonda ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň wada berişi ýaly, süýt bilen bal akýan ýurtda has-da köpelip, gowy ýaşarsyňyz.
4 Diňläň, eý ysraýyllar! Ýehowa Hudaýymyz ýeke-täk Ýehowadyr+. 5 Ýehowa Hudaýyňyzy bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz*+, bütin güýjüňiz* bilen söýüň+. 6 Tabşyrjak zatlarymy hemişe ýüregiňizde saklap, 7 çagalaryňyzyň* hem aňyna, ýüregine guýuň*+. Olary çagalaryňyza öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-da, turanyňyzda-da öwrediň+. 8 Tabşyryklary eliňize bellik, kelläňize maňlaýlyk ýaly daňyp goýuň+. 9 Olary gapyňyzyň söýelerine, şäheriňiziň derwezelerine ýazyň.
10 Ýehowa Hudaýyňyz sizi ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren* ýurduna elter+. Öz eliňiz bilen gurmasaňyz-da, uly, owadan şäherlerde ýaşarsyňyz+, 11 özüňiz gazanmasaňyz-da, öýüňiz zatdan doly bolar, gazmadyk guýularyňyzdan suw içersiňiz, ekmedik üzümleriňizi, zeýtunlaryňyzy hezil edip iýersiňiz+. 12 Şonda seresap boluň, sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Ýehowany unudaýmaň+. 13 Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup+, gulluk ediň+, diňe onuň ady bilen ant içiň+. 14 Başga hudaýlara, daş-töwerekdäki halklaryň taňrylaryna sežde etmäň+. 15 Sebäbi araňyzda mesgen tutan Hudaýyňyz Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy talap edýändir*+. Eger ýalan taňrylara sežde etseňiz, Ýehowa Hudaýyňyzyň gahary gelip+, sizi ýer ýüzünden ýok eder+.
16 Messada edişiňiz ýaly+, Ýehowa Hudaýyňyzy synamaň+. 17 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryklaryny, öwüt-ündewlerini* we kanunlaryny ýürekden* berjaý ediň. 18 Ýehowanyň dogry we gowy hasaplaýan işlerini ediň. Şonda Ýehowanyň ata-babalaryňyza wada beren* eşretli ýurduny miras alyp, gowy ýaşarsyňyz+. 19 Ýehowanyň wada berişi ýaly, duşmanlaryňyzy ýurtdan kowup çykararsyňyz+.
20 Gelejekde ogullaryňyz: „Ýehowa Hudaýymyz şu öwüt-ündewleri, kanunlary we hökümleri näme üçin berdi?“ diýip sorasa, 21 olara şeýle diýiň: „Biz Müsürde faraona gul bolup ýaşaýardyk, şonda Ýehowa bizi güýçli goly bilen Müsürden çykardy. 22 Ýehowa gözümiziň alnynda beýik hem gorkunç alamatlar, gudratlar görkezip+, müsürlilere, faraona we öý-içerisine jeza berdi+. 23 Hudaý ata-babalarymyza wada beren* ýurduna+ eltmek üçin, bizi Müsürden alyp gaýtdy. 24 Ýehowanyň beren kanunlaryny berjaý edip, Ýehowa Hudaýymyzdan gorkup ýaşasak+, häzirki ýaly gowy durmuşda uzak ýaşarys+. 25 Eger Ýehowa Hudaýymyza gulak asyp, ähli tabşyryklaryny aýdyşy ýaly birkemsiz ýerine ýetirsek, Hudaýy razy ederis*“+.
7 Ýehowa Hudaýyňyz tizden sizi mülk edip berjek ýurduna elter+. Ol uly halklary, sizden has köp, güýçli+ ýedi halky: hetleri, girgaşlary, amorlary+, kenganlary, perizleri, hiwileri, ýabuslary+ ýurtdan kowup çykarar+. 2 Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary eliňize berer, olary derbi-dagyn edersiňiz+. Olaryň baryny gyryň+, olar bilen ylalaşyk* baglaşmaň ýa-da dözmezçilik etmäň+. 3 Olar bilen garyndaşlyk açmaň, gyz alşyp-berişmäň+. 4 Sebäbi olar ogullaryňyzy başga taňrylara sežde etdirip, menden daşlaşdyrar+. Şonda Ýehowanyň gahary gelip, sizi dessine ýok eder+.
5 Ine, siziň etmeli zadyňyz: olaryň gurbanlyk ojaklaryny* ýumruň, keramatly sütünlerini döwüň+, keramatly pürslerini* çapyň+, oýma butlaryny ýakyň+. 6 Sebäbi siz Ýehowa Hudaýyňyzyň mukaddes halky, Ýehowa Hudaýyňyz sizi ýer ýüzündäki halklaryň arasyndan eziz halky* edip saýlady+.
7 Ýehowa sizi sanyňyzyň köplügine guwanyp saýlamady+, siz halklaryň arasynda iň kiçisidiňiz+. 8 Ýöne şonda-da Ýehowa sizi gowy gördi, ata-babalaryňyza beren sözünde durup+, Ýehowa sizi güýçli goly bilen Müsür gulçulygyndan, faraonyň elinden azat etdi+. 9 Özüňiz gowy bilýäňiz, Ýehowa Hudaýyňyz hak Hudaýdyr. Ol wepaly, sözünde durýan* Hudaýdyr. Hudaýy söýüp, tabşyryklaryny berjaý edýänleriň müňlerçe nesline ýagşylyk edýändir*+. 10 Hudaýy ýigrenýänleri bolsa dessine ýok edip, almytyny berýändir+. Hudaý özüni ýigrenýänleri haýal etmän jezalandyrar, olaryň almytyny berer. 11 Şonuň üçin size berlen tabşyryklara, kanunlara we hökümlere gulak asyp, birkemsiz berjaý ediň.
12 Eger şu hökümlere ünsli bolup, olara hemişe eýerseňiz, berjaý etseňiz, Ýehowa Hudaýyňyz hem ähtine wepaly bolup, ata-babalaryňyza söz berişi* ýaly, size ýagşylyk eder*. 13 Ol sizi söýüp, berekediňizi artdyrar, sanyňyzy has-da köpelder. Hudaý sizi ata-babalaryňyza wada beren ýurduna eltende+, ogul-gyzyňyzy köpeldip+, topragyňyzy hasylly eder. Gallaňyz, täze şerabyňyz, ýagyňyz bol bolar+, süriňizde göle, owlak-guzy köpeler. 14 Halklaryň arasynda rysgal-döwletli halk bolarsyňyz+, araňyzda perzentsiz maşgala bolmaz, hatda mallaryňyz hem owlak-guzusyz bolmaz+. 15 Ýehowa ähli keselleri araňyzdan aýrar, sizi Müsürdäki elhenç kesellere duçar etmez+. Gaýtam olary duşmanlaryňyzyň başyndan inderer. 16 Ýehowa Hudaýyňyzyň eliňize beren halklaryny ýok ediň+, olara haýpyňyz gelmesin+. Olaryň taňrylaryna sežde etmäň+, ýogsam duzaga düşersiňiz+.
17 „Olar bizden köp ahyry, nädip kowup çykaraly?“+ diýip, 18 gorkup oturmaň+. Ýehowa Hudaýyňyzyň faraony we müsürlileri näme edendigini ýada salyň+. 19 Ýehowa Hudaýyňyz güýç-kuwwatly goly bilen sizi Müsürden çykaranda+, gözüňiziň alnynda alamatlar, gudratlar görkezip+, olara jeza beripdi*. Hiç zatdan gorkmaň, Ýehowa Hudaýyňyz beýleki halklary-da şeýle eder+. 20 Olar sizden gaçyp gutuljak bolsa-da, Ýehowa Hudaýyňyz olary güýçden gaçyrar*+, siz diri galanlaryň baryny gyrarsyňyz. 21 Olardan gorkup, howsala düşmäň, beýik hem haýbatly Hudaýyňyz+ Ýehowa ýanyňyzdadyr+.
22 Ýehowa Hudaýyňyz halklary ýurtdan kem-kemden kowup çykarar+. Olaryň hemmesini birbada ýok etmersiňiz, ýogsam ýurtda ýyrtyjy haýwanlar köpelip, size howp salar. 23 Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary eliňize berer, baryny gyryp, soňuna çykarsyňyz+. 24 Hudaý olaryň patyşalaryny hem eliňize berer+, olaryň adyny gök astyndan öçürip taşlarsyňyz+. Olary bütinleý ýok edýänçäňiz+, hiç kim size garşy çykyp bilmez+. 25 Olaryň taňrylarynyň oýma butlaryny ýakyň+. Altyn-kümüşlerine göz gyzdyryp, aljak bolmaň+, ýogsam duzaga düşersiňiz. Sebäbi şol zatlar Ýehowa Hudaýyňyz üçin ýigrenjidir+. 26 Ýigrenji zatlary öýüňize getirmäň, ýogsam özüňizem olar bilen ýok edilersiňiz. Olary şeýle bir ýigreniň welin, siz üçin ýürekbulaýjy zat bolsun, sebäbi olar ýok edilmeli zatlardyr.
8 Berýän tabşyryklarymy birkemsiz berjaý ediň. Şonda Ýehowanyň ata-babalaryňyza wada beren* ýurduny+ miras alyp, has-da köpelip, uzak ýaşarsyňyz+. 2 Ýehowa Hudaýyňyzyň 40 ýyllap çölüň içinden ýöreden uzak ýoluny unutmaň+. Ol şeýdip size pesgöwünli bolmagy öwretjek boldy, ýüregiňizi barlap gördi+, tabşyryklaryny berjaý edýäniňizi-etmeýäniňizi biljek boldy. 3 Ol size pesgöwünli bolmagy öwretdi. Hudaý siziň açlyk çekmegiňize ýol berip+, adamyň diňe çörek bilen däl, eýsem Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandygyny+ düşündirdi. Sizi özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da ömründe görmedik mannasy+ bilen ekledi. 4 Geçen 40 ýylyň içinde egniňizdäki eşigiňiz ýyrtylmady, aýagyňyz gabarmady+. 5 Özüňiz gowy bilýäňiz, atanyň ogluny terbiýeleýşi ýaly, Ýehowa Hudaýyňyz hem sizi terbiýeledi+.
6 Ýehowa Hudaýyňyzyň ýolundan ýöräp, ondan gorkup, tabşyryklaryny berjaý ediň. 7 Ýehowa Hudaýyňyz sizi gowy ýurda+, akar suwly, jülgeleri we daglary çeşme-çaýly, 8 arpa-bugdaýa, üzüme, injire, nara+, bala we zeýtun ýagyna baý+, 9 iýmiti bol, daşlaryndan demir, daglaryndan mis alyp bolýan ýurda elter, kem zadyňyz bolmaz.
10 Bolelin durmuşda ýaşap başlanyňyzda*, şeýle gowy ýurda eltendigi üçin, Ýehowa Hudaýyňyza alkyş aýdyň+. 11 Seresap boluň, Ýehowa Hudaýyňyzy unudyp, men arkaly berýän tabşyryklaryny, hökümlerini, kada-kanunlaryny bozaýmaň. 12 Bolelin durmuşa ýeteniňizde*, owadan jaýlar gurup, ýaşap başlanyňyzda+, 13 mal-garaňyz, altyn-kümşüňiz köpelip, rysgal-döwletiňiz artanda, 14 gopbamsylyk edip+, sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Hudaýyňyz Ýehowany unutmaň+. 15 Hudaý sizi zäherli ýylanly, içýanly, ägirt uly, gorkunç we gurak çölüň içi bilen ýöretdi+, kert gaýadan suw çykardy+. 16 Çölde sizi hatda ata-babalaryňyzyň hem ömründe görmedik mannasy bilen ekledi+. Hudaý şeýdip size pesgöwünli bolmagy öwretdi+, gelejekde gowy ýaşamagyňyz üçin ýüregiňizi barlady+. 17 Ýöne içiňizden: „Ähli baýlygymy öz güýjüm, öz zähmetim bilen gazandym“+ diýseňiz, 18 ýatdan çykarmaň, baýlygy gazanmaga güýç berýän Hudaýyňyz Ýehowadyr+. Ol ata-babalaryňyz bilen baglaşan* ähtini berjaý etmek üçin, şu çaka çenli size ýagşylyk edip gelýär+.
19 Eger Ýehowa Hudaýyňyzy unudyp, başga taňrylara sygynsaňyz*, olara tagzym edip, sežde etseňiz, bilip goýuň*, hökman heläk bolarsyňyz+. 20 Ýehowa beýleki halklary ýok edişi ýaly, sizi-de ýok eder, sebäbi siz Ýehowa Hudaýyňyza gulak asmadyňyz+.
9 Eý ysraýyllar, diňläň! Indi Iordandan geçip+, sizden has beýik hem güýçli halklaryň ýurduny eýelärsiňiz+. Olaryň beýik-beýik, depesi göge ýetýän galalary* bardyr+. 2 Bilýänsiňiz, olaryň ilaty anaklardan dörän uzyn hem äpet adamlar+. Il arasynda-da: „Anaklara garşy çykmaga kimiň gaýraty çatar?“ diýilýär. 3 Ýöne ýadyňyzda bolsun, Ýehowa Hudaýyňyz öňüňize düşüp gider+. Ol ýakyp ýandyrýan otdur+, halklary kül edip taşlar. Hudaý olary size boýun egdirer. Ýehowanyň söz berişi ýaly, ýurdy gysga wagtyň içinde eýeläp, halklary derbi-dagyn edersiňiz+.
4 Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary ýurtdan kowup çykaranda, içiňizden: „Ýehowa bizi gowy* adam bolanymyz üçin şu ýurda getirdi“ diýmäň+. Aslynda, Ýehowa şol halklary erbet işleri+ üçin ýurdundan kowýar. 5 Siz olaryň ýurduny gowy ýa akýürekli adam bolanyňyz üçin miras alaňyzok. Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary erbet işleri üçin ýurtdan kowýar+. Şeýtmek bilen, Ýehowa ata-babalaryňyz Ybraýyma+, Yshaga+ we Ýakuba+ beren wadasyny* berjaý edýär. 6 Şuny berk belläň: Ýehowa Hudaý eşretli ýurdy size gowy adam bolanyňyz üçin berenok. Aslynda, siz boýnuýogyn halk+.
7 Çölde Ýehowa Hudaýyňyzyň gaharyny getireniňizi+ ýatdan çykarmaň, hiç haçan unutmaň. Müsürden çykan günüňizden bäri Ýehowa garşy gozgalaň turzup gelýäňiz+. 8 Horepde-de Ýehowanyň gaharyny getirdiňiz. Şonda Ýehowanyň size şeýle bir gahary geldi welin, baryňyzy ýok etjek boldy+. 9 Ýehowa siz bilen äht baglaşypdy+. Men äht daşlaryny almak üçin daga çykyp+, 40 gije-gündizläp+ iýmän-içmän, dagda boldum. 10 Ýehowa şol iki daşa tabşyryklaryny öz eli* bilen ýazdy. Dagyň eteginde ýygnanan halka Ýehowanyň ot içinden aýdan sözleri şol daşlara ýazylypdy+. 11 Şeýdip, 40 günden soň Ýehowa maňa iki äht daşyny berdi. 12 Ýehowa maňa: „Bar, häziriň özünde aşak düş. Müsürden çykaran halkyň azgynlyga ýüz urdy+. Olar meniň öwreden ýolumdan çalt çykdylar, özlerine but* ýasadylar“+ diýdi. 13 Soňra Ýehowa: „Görýärin welin, halk boýnuýogyn+. 14 Gowusy, olary ýer ýüzünden bütinleý ýok edeýin-de, senden has güýçli hem uly halk döredeýin“+ diýdi.
15 Men iki äht daşy elime alyp+, ýanyp duran dagdan aşak düşdüm+. 16 Görsem, siz Ýehowa Hudaýyňyza garşy günä edip, göläniň butuny ýasapsyňyz! Hawa, siz Ýehowanyň öwreden ýolundan çalt çykdyňyz+. 17 Şonda elimdäki iki daşy ýere zyňyp, gözüňiziň alnynda çym-pytrak etdim+. 18 Soňra ýene-de öňkim ýaly 40 gije-gündizläp iýmän-içmän+, Ýehowanyň huzurynda ýüzümi ýere berip ýatdym. Sebäbi siz Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip, göwnüne degdiňiz. 19 Men gaty gorkdum, Ýehowa size gaharlanyp+, baryňyzy ýok etjek boldy. Ýöne şol gezek hem Ýehowa dilegimi eşitdi+.
20 Ýehowanyň Haruna-da gahary gelip, ýok etjek boldy+. Şonda Hudaýa Harun üçin hem ýalbardym. 21 Siziň günä edip ýasan göläňizi+ bolsa ýakyp, kül-owram etdim-de, külüni dagdan akýan çeşmä sepdim+.
22 Siz Taberada+, Messada+ we Kibrot-hatawada+ hem Ýehowanyň gaharyny getirdiňiz. 23 Ýehowa sizi Kadeş-barneýadan+ ýola salyp: „Gidiň-de, mülk edip berjek ýurdumy eýeläň!“ diýende, Ýehowa Hudaýyňyzyň buýrugyna ýene garşy çykdyňyz+, iman etmediňiz+, gulak asmadyňyz. 24 Sizi tanan günümden bäri Ýehowa garşy çykyp gelýäňiz.
25 Men 40 gije-gündizläp+ Ýehowanyň huzurynda ýüzümi ýere berip ýatdym. Ýehowa sizi ýok etjek diýeni üçin şeýtdim. 26 Men Ýehowa ýalbaryp: „Eý Älemiň Hökümdary Ýehowa, haýyş edýärin, halkyňy ýok etme. Olar seniň öz mirasyň+, olary beýik gudratyň, güýçli goluň bilen Müsürden çykardyň+. 27 Guluň Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby ýada sal+. Halkyň boýnuýogynlygyna, erbet işlerine, günälerine üns berme+. 28 Ýogsam bizi alyp gaýdan ýurduň ilaty: „Ýehowa olary wada beren ýurduna eltip bilmändir. Ol bu halky ýigrenýän eken, şonuň üçin çöle äkidip gyrypdyr“+ diýerler. 29 Olar seniň öz halkyň, güýç-kuwwatly goluň bilen Müsürden alyp çykan+ mirasyň“+ diýdim.
10 Şonda Ýehowa maňa: „Öňki daşlara meňzeş iki daş+ ýasa-da, daga meniň huzuryma gel. Agaçdan sandyk hem ýasa. 2 Şol daşlara öňki döwen daşlaryňdaky sözleri ýazyp bereýin. Daşlary sandykda goýarsyň“ diýdi. 3 Men akasiýa agajyndan sandyk we öňkä meňzeş iki daş ýasadym. Daşlary alyp, daga çykdym+. 4 Hudaý daşlara öňki ýaly on tabşyrygy+ ýazyp berdi+. Birwagtlar Ýehowa şol tabşyryklary dagyň etegine üýşen halka+ oduň içinden aýdypdy+. Şeýdip, Ýehowa daşlary maňa berdi. 5 Men dagdan düşdüm-de+, Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, daşlary ýasan sandygymda goýdum. Olar henizem şol sandykda dur.
6 Soňra ysraýyllar Beýerot Bene-ýakandan gaýdyp, Moserota bardylar. Harun şol ýerde aradan çykyp jaýlandy+. Harunyň ýerine ogly Algazar ruhany boldy+. 7 Şondan soň halk Gudgoda, ondan çykyp, akar suwly Ýotbata+ gitdi.
8 Şonda Ýehowa lewileri saýlap+, olara Ýehowanyň äht sandygyny götermegi+, Ýehowanyň huzurynda hyzmat etmegi we onuň adyndan halka ak pata bermegi tabşyrdy+. Olar häzir hem şeýle edýärler. 9 Şol sebäpli lewileriň doganlarynyň arasyndan paý-da, miras-da berilmedi. Ýehowa Hudaýyňyzyň aýdyşy ýaly, olaryň mirasy Ýehowadyr+. 10 Şeýlelikde, men ýene öňki ýaly 40 gije-gündizläp dagda boldum+. Ýehowa şol gezek hem dilegimi eşitdi+. Ýehowa sizi ýok etmedi. 11 Ýehowa maňa: „Halky ýola taýýarla-da, olaryň öňüne düş. Goý, olar ata-babalaryna wada beren ýurdumy miras alsynlar“+ diýdi.
12 Eý ysraýyl halky, Ýehowa Hudaýyňyz sizden näme isleýär?+ Ol diňe şuny isleýär: Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup+, ýolundan ýöräň+. Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp, bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen gulluk ediň+. 13 Ýehowanyň men arkaly berýän tabşyryklaryny, kada-kanunlaryny berjaý ediň. Şonda görjegiňiz gowy bolar+. 14 Gökler, gökleriň gögi, ýer ýüzi we ondaky ähli zat Ýehowa Hudaýyňyzyňkydyr+. 15 Emma Ýehowa diňe siziň ata-babalaryňyzy özüne ýakynlaşdyryp*, söýgüsini bildirdi. Olaryň neslini, ýagny sizi halklaryň arasyndan saýlap aldy+. Şeýdip, siz Hudaýyň halky bolduňyz. 16 Indi ýüregiňizi arassalaň*+, boýnuýogynlyk etmäň+. 17 Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz hudaýlaryň Hudaýy+, patyşalaryň Patyşasydyr. Beýik, güýçli, haýbatly, hiç kimi ala tutmaýan+, para almaýan Hudaýdyr. 18 Ýetime, dul aýala arka çykyp+, adalaty dikeldýändir. Gelmişegi söýüp+, iýjek-içjegini, geýjegini ýetirýändir. 19 Siz hem gelmişegi söýüň, sebäbi özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz+.
20 Diňe Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup, gulluk ediň+, diňe oňa wepaly boluň* we onuň adyndan ant içiň. 21 Diňe Hudaýy şöhratlandyryň+. Ol gözüňiziň alnynda beýik we täsin gudratlary görkezen Hudaýyňyzdyr+. 22 Ata-babalaryňyz Müsüre gelende, bary-ýogy 70 adamdy+. Indi bolsa Ýehowa Hudaýyňyz sizi asman ýyldyzlary deý köpeltdi+.
11 Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp+, kada-kanunlaryny, hökümlerini, tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetirip, Hudaýyň öňündäki borjuňyzy berjaý ediň. 2 Men muny Ýehowa Hudaýyň terbiýesini+ görmedik, Hudaýyň beýikliginiň+, güýç-kuwwatly golunyň+ şaýady bolmadyk ogullaryňyza däl, size aýdýaryn. 3 Ogullaryňyz Hudaýyň Müsürde görkezen alamatlaryny, faraona we Müsür ýurduna näme edendigini görmedi+. 4 Ýehowa yzyňyzdan kowalan Müsür goşunyny, faraonyň at-arabalaryny Gyzyl deňze gark edip, baryny birden* ýok etdi+. Emma ogullaryňyz muny gözi bilen görmedi. 5 Olar çölde Hudaýyň siz hakda alada edişini hem görmedi. 6 Rubeniň neslinden Alyýabyň ogullary Datan bilen Abyramy, olaryň öý-içerisini, çadyrlaryny, mal-garasyny we ýanyndaky adamlary halkyň gözüniň alnynda ýer ýuwudanda+, ogullaryňyz ýokdy. 7 Siz bolsa Ýehowanyň beýik gudratlaryny gözüňiz bilen gördüňiz.
8 Şu günki berýän ähli tabşyryklarymy berjaý ediň. Şonda güýçli halk bolarsyňyz, derýadan geçip, ýurdy miras alarsyňyz. 9 Ýehowanyň ata-babalaryňyza we olaryň nesline wada beren*+ süýt bilen bal akýan ýurdunda+ uzak ýaşarsyňyz+.
10 Barjak ýurduňyz Müsür ýurdy ýaly däldir. Müsürde ekin ekip, mellegiňizi zordan suwarýardyňyz*. 11 Emma miras aljak ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr+, topragy ýagyş suwarýandyr+. 12 Ýurda Ýehowa Hudaýyňyz gözegçilik edýändir. Ýylyň başyndan aýagyna çenli Ýehowa Hudaýyňyz ýurdy ünsden düşürýän däldir.
13 Size berýän tabşyryklarymy ýürekden* ýerine ýetirseňiz, Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp, bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen gulluk etseňiz+, 14 ol* topragyňyzy güýz hem ýaz ýagşy bilen wagtly-wagtynda suwarar. Şonda gallaňyz, täze şerabyňyz, ýagyňyz bol bolar+. 15 Ol* mallaryňyz üçin al-ýaşyl öri meýdanlaryny berer, bolçulykda ýaşarsyňyz+. 16 Ýöne ýüregiňiz aldawa düşmez ýaly seresap boluň, ýoldan çykyp, başga taňrylara tagzym etmäň, sežde etmäň+. 17 Ýogsam Ýehowanyň size gahary geler. Ol gökleri baglap, ýagyş ýagdyrmaz+, toprak hasyl bermez. Ýehowanyň beren eşretli ýurdundan gysga wagtyň içinde ýok bolup gidersiňiz+.
18 Şu sözlerimi aňyňyza, ýüregiňize ýazyň*, eliňize bellik, kelläňize maňlaýlyk ýaly daňyp goýuň+. 19 Olary çagalaryňyza hem öwrediň, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-da, turanyňyzda-da gürrüň beriň+. 20 Olary gapyňyzyň söýelerine, şäheriňiziň derwezelerine ýazyň. 21 Şonda Ýehowanyň ata-babalaryňyza wada beren* ýurdunda+ özüňiz hem, ogullaryňyz hem uzak ýaşarsyňyz+, asman-zemin deý* uzak ömür sürersiňiz.
22 Size berýän tabşyryklaryma gulak asyp, birkemsiz ýerine ýetirseňiz, Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp+, ýolundan ýöreseňiz, diňe oňa wepaly bolsaňyz*+, 23 Ýehowa ýurtdaky ähli halklary kowup çykarar+. Özüňizden has köp we güýçli halklaryň ýurduny eýelärsiňiz+. 24 Aýak basan ýeriňiz siziňki bolar+. Serhediňiz çölden Liwana, Ýewfrat derýasyndan tä günbatar deňzine* çenli uzalar+. 25 Hiç kim size garşy çykyp bilmez+. Nirä barsaňyz-da, Ýehowa Hudaýyňyz sözünde durup, halklary sizden gorkar ýaly eder, howsala düşürer+.
26 Ine şu ikisinden birini saýlaň: alkyş* ýa-da gargyş+. 27 Eger Ýehowa Hudaýyňyzyň men arkaly berýän tabşyryklaryna gulak assaňyz, alkyş* alarsyňyz+. 28 Ýöne Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryklaryna gulak asman+, öwredýän ýolumdan çyksaňyz, başga taňrylara sežde etseňiz, gargyşa galarsyňyz.
29 Ýehowa Hudaýyňyz sizi mülk edip berjek ýurduna eltende, Gerizim dagynda alkyş*, Gewal dagynda+ gargyş okaň. 30 Şol daglar günbatarda, Iordanyň aňyrsynda, Arabada ýaşaýan kenganlaryň ýurdunda, Gilgalyň garşysyndaky Moreniň uly agaçlarynyň+ golaýynda ýerleşýär. 31 Iordandan geçip, Ýehowa Hudaýyňyzyň berýän ýurduny miras alarsyňyz+. Şol ýurdy miras alyp, ýaşap başlanyňyzda, 32 size berýän kanunlarymy we hökümlerimi birkemsiz berjaý ediň+.
12 Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň berjek ýurdunda ýaşanyňyzda, şu kanunlary we hökümleri bütin ömrüňize gyşarnyksyz berjaý ediň: 2 ýurdundan kowjak halklaryňyzyň beýik daglarda, baýyrlarda, uly agaçlaryň aşagynda öz taňrylaryna sežde edýän ýerlerini bütinleý ýok ediň+. 3 Gurbanlyk ojaklaryny* ýykyň, keramatly sütünlerini döwüň+, keramatly pürslerini* ýakyň, taňrylarynyň oýma butlaryny kül-owram edip+, ýurtda ady agzalmaz ýaly ediň+.
4 Ýehowa Hudaýyňyza sežde edeniňizde, şol halklaryň edenini gaýtalamaň+. 5 Ýehowa Hudaýyňyz öz ady we mekany üçin taýpalaryňyzyň arasyndan haýsy ýeri saýlasa, şol ýere baryp sežde ediň+. 6 Ýakma gurbanlyklaryňyzy+, sadakalaryňyzy, ähli zadyňyzyň ondan bir bölegini+, wada beren we göwnüňizden çykaran sadakalaryňyzy+, mal-garaňyzyň ilkinji doglanyny+, başga-da sadakalaryňyzy+ şol ýere eltiň. 7 Ýehowa Hudaýyňyz size bereket berýär. Şonuň üçin gurbanlaryňyzy maşgalaňyz bilen Ýehowa Hudaýyň huzurynda iýiň+, eden işleriňiziň hözirini görüp şatlanyň+.
8 Indiden beýläk häzirkimiz ýaly etmäliň. Şu wagt her kim islänini* edip ýör, 9 sebäbi siz heniz ýaşajak ýeriňize+, Ýehowa Hudaýyňyzyň miras berjek ýurduna barmadyňyz. 10 Iordandan geçip+, Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna baranyňyzda, Hudaý sizi daş-töweregiňizdäki duşmanlardan gorap*, asuda ýaşadar+. 11 Ýehowa Hudaýyňyz öz ady üçin haýsy ýeri saýlasa+, tabşyryşym ýaly, ýakma gurbanlyklaryňyzy, sadakalaryňyzy, ähli zadyňyzyň ondan bir bölegini+, Ýehowa wada beren sadakalaryňyzy we başga-da sadakalaryňyzy şol ýere eltiň. 12 Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen şatlanyň+. Şäherleriňizde ýaşaýan lewiler hem siz bilen şatlansyn, sebäbi olara hiç hili paý we miras berilmedi+. 13 Her gören ýeriňizde ýakma gurbanlygyny berip ýörmäň+. 14 Ýehowa taýpalaryňyzyň arasyndan haýsy ýeri saýlasa, ýakma gurbanlyklaryňyzy şol ýere eltip, ähli zady tabşyryşym ýaly ediň+.
15 Ýöne nirede ýaşasaňyz-da, ýüregiňiziň küýsän wagty Ýehowa Hudaýyňyzyň beren rysgal-döwletine görä, mal soýup iýip bilersiňiz. Keýigi ýa-da maraly soýup iýşiňiz ýaly+, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler. 16 Ýöne eti gany bilen iýmäň+. Gany edil suw ýaly ýere döküň+. 17 Gallanyň, täze şerabyň, ýagyň ondan bir bölegini*, mallaryň ilkinji doglanyny+, wada beren we göwnüňizden çykaran sadakalaryňyzy, başga-da sadakalaryňyzy ýaşaýan şäheriňizde iýmäň. 18 Olary ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şäheriňizde ýaşaýan lewiler bilen Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerinde, Ýehowanyň huzurynda iýiň+. Eden işleriňiziň hözirini görüp, Ýehowanyň huzurynda şatlanyň. 19 Şol ýurtda ýaşanyňyzda, lewileri hiç wagt ünsden düşürmäň+.
20 Ýehowa Hudaýyňyz wada berişi ýaly+ ýurduňyzy giňeldende+, ýüregiňiziň küýsän wagty et iýip bilersiňiz+. 21 Eger Ýehowa Hudaýyňyzyň öz ady üçin saýlan ýeri+ uzak bolsa, onda tabşyryşym ýaly, Ýehowanyň beren goýun-geçisinden ýa-da öküzinden şäheriňizde islän wagtyňyz soýup iýip bilersiňiz. 22 Olary keýigi ýa-da maraly soýup iýşiňiz ýaly iýip bilersiňiz+, olardan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler. 23 Ýöne örän seresap boluň, gan iýäýmäň+, sebäbi ganda jan* bar+. Jany çykmadyk maly iýmäň. 24 Gan iýmäň, ony edil suw ýaly ýere döküň+. 25 Şeýtseňiz, Ýehowanyň dogry hasaplaýan zadyny edip, özüňizem, çagalaryňyzam gowy ýaşarsyňyz. 26 Ýehowanyň saýlan ýerine diňe mukaddes sadakalary we wada beren sadakalaryňyzy eltiň. 27 Ýakma gurbanlyklaryň etini we ganyny şol ýerde Ýehowa Hudaýyňyzyň gurbanlyk ojagynda hödürläň+. Beýleki gurbanlyklaryň etini iýip bilersiňiz, ýöne ganyny Ýehowa Hudaýyňyzyň gurbanlyk ojagynyň düýbüne döküň+.
28 Size berýän tabşyryklarymy birkemsiz berjaý ediň. Ýehowa Hudaýyňyzyň gowy we dogry hasaplaýan işlerini etseňiz, özüňiz-de, ogullaryňyz-da gowy ýaşarsyňyz.
29 Ýehowa Hudaý barjak ýurduňyzdaky halklary gyrar+. Siz ýurtda arkaýyn ýaşap başlarsyňyz. 30 Şonda seresap boluň, duzaga düşüp: „Şol halklar taňrylaryna nädip sežde etdikä? Menem şeýdeýin“ diýip, olaryň taňrylary bilen gyzyklanmaň+. 31 Ýehowa Hudaýyňyza sežde etmek üçin, olaryň edenini gaýtalamaň. Olar taňrylaryna sežde edende, Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edýärler, hatda ogul-gyzlaryny hem otda ýakyp, taňrylaryna gurban berýärler+. 32 Emma siz ähli tabşyryklarymy gyşarnyksyz berjaý ediň+. Olara hiç zat goşmaň ýa aýyrmaň+.
13 Eger araňyzda bir pygamber ýa düýş arkaly gelejegi aýdýan adam peýda bolup, alamat aýtsa ýa-da pygamberlik etse, 2 onuň aýdan alamaty ýa pygamberligi dogry bolup çyksa, soňra ol: „Geliň, başga taňrylara sygynalyň, sežde edeliň“ diýip, sizi nätanyş taňrylara sežde etdirjek bolsa, 3 şol pygambere ýa düýş ýorýan adama gulak asmaň+. Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz siziň Ýehowany bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen söýýändigiňizi+ barlap görýändir+. 4 Diňe Ýehowa Hudaýyňyzyň ýolundan ýöräň, diňe ondan gorkup, gulak asyp, tabşyryklaryny berjaý ediň, diňe Hudaýyňyza gulluk ediň, wepaly boluň*+. 5 Şol pygamberi ýa düýş ýorýan adamy öldüriň+, sebäbi ol sizi Müsürden çykaran we gulçulykdan azat eden Hudaýyňyz Ýehowa garşy çykmaga höweslendirdi, Ýehowa Hudaýyňyzyň öwreden ýolundan daşlaşdyrjak boldy. Erbetligi araňyzdan aýryň+.
6 Eger süýtdeş doganyň, ogluň ýa gyzyň, mähriban aýalyň ýa jana-jan dostuň hiç kime bildirtmän: „Ýör, başga taňrylara sežde edeli“+ diýip, seniň-de, ata-babalaryň-da tanamaýan taňrylaryna, 7 golaýda ýa uzakda ýaşaýan başga halklaryň, ýurduň dürli künjeginde ýaşaýan halklaryň taňrylaryna sežde etdirjek bolsa, 8 aldanma, gulak asma+. Oňa rehim etme, dözmezçilik edip, etmişini gizleme*. 9 Ol hökman öldürilsin+. Oňa ilki bilen özüň daş zyň, soňra halk daşlasyn+. 10 Müsür gulçulygyndan çykaran Ýehowa Hudaýyňyzdan ýüz öwürmäge höweslendireni üçin, şol adamy daşlap öldüriň+. 11 Ysraýyl halky muny eşidip gorkar, gaýdyp hiç kim şeýle erbetlige baş goşmaz+.
12 Ýehowa Hudaýyňyzyň kömegi bilen köp şäherleri basyp alarsyňyz. Şol şäherleriň birinde: 13 „Geliň, başga taňrylara sežde edeliň“ diýip, halky nätanyş taňrylara sežde etdirjek bolýan bolgusyz adamlaryň dörändigini eşitseňiz, 14 sorap-idäp, anygyna ýetiň+. Dogrudanam, araňyzda şeýle nejislik edilýän bolsa, 15 şol şäheriň ilatyny gylyçdan geçiriň+. Şäheri we içindäki bar zady weýran ediň, mal-garany gyryň+. 16 Ähli oljany şäher meýdançasyna üýşüriň-de, şäheri otlaň. Şol oljalar Ýehowa Hudaýyňyz üçin ýakma gurbanlygy ýaly bolar. Şäher hemişelik haraba öwrülsin, hiç wagt dikeldilmesin. 17 Ýok edilmeli zatlaryň hiç birini almaň+. Şonda Ýehowanyň gahar-gazaby sowlar. Ata-babalaryňyza söz berişi* ýaly, size rehim eder we sanyňyzy artdyrar+. 18 Ýehowa Hudaýyňyzyň men arkaly berýän tabşyryklaryny berjaý edip, Ýehowa Hudaýyňyzyň öňünde dogry işleri ediň+.
14 Siz Ýehowa Hudaýyň ogullarysyňyz. Merhum üçin endamyňyzy kesmäň+, gaşyňyzy* syrmaň+. 2 Sebäbi siz Ýehowa Hudaýyň mukaddes halky+, Ýehowa sizi ýer ýüzündäki halklaryň arasyndan eziz halky* edip saýlady+.
3 Hudaýyň haram hasaplaýan jandarlaryny iýmäň+. 4 Ine şu haýwanlary iýip bilersiňiz+: öküz, goýun, geçi, 5 keýik, jeren, maral, ýabany geçi, saýgak*, ýabany goýun, dag goýny. 6 Goşa toýnakly we gäwüş gaýtarýan islendik haýwany iýse bolýandyr. 7 Eger haýwan diňe gäwüş gaýtarýan bolsa ýa diňe goşa toýnakly bolsa, ony iýmäň. Düýäni, towşany, gaýa torsugyny iýmäň, sebäbi olar gäwüş gaýtarsa-da, goşa toýnakly däl. Olar siziň üçin haramdyr+. 8 Doňzy hem iýmäň, sebäbi ol goşa toýnakly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar. Ol siziň üçin haramdyr. Olaryň etini-de iýmäň, maslygyna-da degmäň.
9 Suwda ýaşaýan janly-jandarlardan ýüzgüçli we teňňeli islendik jandary iýip bilersiňiz+. 10 Emma ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlary iýmäň. Olar siziň üçin haramdyr.
11 Halal guşlaryň ählisini iýip bilersiňiz. 12 Ýöne şulary iýmäň: bürgüt, balykçy gyrgy, gajar+, 13 gyzyl çaýkel, gara çaýkel, çaýkeliň ähli görnüşi, 14 garganyň ähli görnüşi, 15 düýeguş, baýguş, çarlak, laçynyň ähli görnüşi, 16 hüwi, otagaly hüwi, guw, 17 gotan, garaguş, garajagaz, 18 leglek, hokgaryň ähli görnüşi, hüýpüýpik we ýarganat. 19 Ganatly mör-möjekleriň ählisi siziň üçin haramdyr, olary iýmäň. 20 Ýöne ganatly halal jandarlary iýip bilersiňiz.
21 Haram ölen haýwanyň etini iýmäň+. Şol haýwany şäheriňizde ýaşaýan gelmişege beriň, ol iýip biler. Ýa-da ony başga milletli adama satyň. Siz Ýehowa Hudaýyňyz üçin mukaddes halksyňyz.
Owlagy enesiniň süýdünde gaýnatmaň+.
22 Her ýylky hasylyňyzyň ondan bir bölegini hökman getiriň+. 23 Gallanyň, täze şerabyň, ýagyň ondan bir bölegini, mal-garaňyzyň ilkinji doglanyny Ýehowa Hudaýyňyzyň öz ady üçin saýlan ýerinde iýiň+. Şonda hemişe Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkmagy öwrenersiňiz+.
24 Ýehowa Hudaýyňyz size bol bereket berer. Ýöne Ýehowanyň öz ady üçin saýlan ýeri+ uzak bolup, sadakalaryňyzy äkitmek kyn bolsa, 25 olary satyň-da, puluny alyp, Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gidiň. 26 Şol ýerde puluňyza islän zadyňyzy: öküz, goýun, geçi, şerap ýa başga içgi, garaz, ýüregiňiziň küýsän zadyny alyp, maşgalaňyz bilen Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda iýip-içip şatlanyň+. 27 Şäheriňizde ýaşaýan lewileri hem ünsden düşürmäň+, sebäbi olara hiç hili paý we miras berilmedi+.
28 Her üçünji ýylyň ahyrynda hasylyň ondan bir bölegini getirip, şäheriňizde üýşürip goýuň+. 29 Araňyzda hiç hili paýy we mirasy bolmadyk lewiler, gelmişekler, ýetimler, dul aýallar ondan doýýança iýip biler+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyz ähli işiňizi ugruna eder+.
15 Her ýedi ýyldan azatlyk yglan ediň+. 2 Şol ýyl ähli algylaryňyzy geçiň. Karz beren adam algysyny geçsin. Ol ýakynyndan ýa doganyndan algysyny talap etmesin, sebäbi Ýehowanyň hatyrasyna algylar geçilmelidir*+. 3 Gelmişeklerden algyňyzy talap edip bilersiňiz+, ýöne doganyňyzdan algyňyzy soramaň. 4 Ysraýyl doganlaryňyz garyp düşmesin. Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurdunda Ýehowa rysgal-döwletiňizi artdyrar+. 5 Ýöne munuň üçin Ýehowa Hudaýyňyza ýürekden gulak asyp, men arkaly berýän tabşyryklaryny gyşarnyksyz berjaý etmelisiňiz+. 6 Şonda Ýehowa Hudaýyňyz sözünde durup, üstüňize bereket ýagdyrar. Köp halklara karz berersiňiz, ýöne özüňiz karz soramarsyňyz+. Ençeme halklaryň üstünden agalyk edersiňiz, emma hiç kim siziň üstüňizden agalyk etmez+.
7 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda bir doganyňyz garyp düşse, doňýürek bolmaň, zadyňyzy gysganmaň+. 8 Gaýtam jomart* bolup+, näçe diýse karz beriň. 9 Ýöne içiňizden: „Ýedinji ýyl, karz geçilýän ýyl golaýlap gelýär“+ diýip pikir etmekden ägä boluň, öz peýdaňyzy gözläp, gysgançlyk etmäň, garyp doganyňyzy boş goýbermäň. Eger ol sizden nägile bolup, Ýehowa perýat etse, günä galarsyňyz+. 10 Zadyňyzy göwünli-göwünsiz däl-de, jomartlyk bilen beriň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyz ähli işiňizi ugruna edip, bereket berer+. 11 Ýurtda garyplar hemişe-de bolar+. Şol sebäpli size: „Mätäç we garyp doganyňyza jomart* boluň“+ diýip tabşyrýaryn.
12 Ýewreý doganlaryňyzdan biri özüni size gul ýa gyrnak edip satsa*, alty ýyl hyzmat etsin, ýedinji ýyl azatlyga çykaryň+. 13 Azatlyga çykaranyňyzda, elini boş goýbermäň. 14 Mal-garaňyzdan, gallaňyzdan, ýagyňyzdan we şerabyňyzdan jomartlyk bilen beriň. Ýehowa Hudaýyňyz size bol bereket berýär, şonuň üçin siz hem jomartlyk bilen beriň. 15 Müsürde gul bolup ýaşanyňyzy we Ýehowa Hudaýyňyzyň azat edenini unutmaň. Ine, şonuň üçinem size şeýle tabşyryk berýärin.
16 Emma gul size öwrenişip, maşgalaňyzy gowy görüp: „Sizde galasym gelýär“+ diýse, 17 bir temen alyň-da, gulagyny gapa diräp deşiň. Şonda ol bütin ömrüne guluňyz bolar. Gyrnagyňyzy hem şeýle ediň. 18 Ýöne guluňyzy azatlyga çykarmagy ýa-da goýbermegi kyn görmäň*, sebäbi ol alty ýyl hyzmat edip, hakyna tutma işçiden iki esse köp zähmet çekdi. Şonda Ýehowa Hudaýyňyz ähli zadyňyza bereket beripdi.
19 Süriňizdäki ilkinji doglan erkek mallary Ýehowa Hudaýyňyza bagyş ediň+. Ilkinji doglan göläni iş üçin ulanmaň, ilkinji doglan owlak-guzularyň ýüňüni gyrkmaň. 20 Olary her ýyl maşgalaňyz bilen Ýehowanyň saýlan ýerinde, Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda iýiň+. 21 Emma agsak, kör ýa başga bir şikesli maly Ýehowa Hudaýyňyza gurban bermäň+. 22 Şol maly şäheriňizde iýip bilersiňiz. Keýigiň ýa-da maralyň etini iýşiňiz ýaly, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler+. 23 Ýöne ganyny iýmäň+, ony edil suw ýaly ýere döküň+.
16 Abyp* aýyny ýatdan çykarmaň, Ýehowa Hudaýyňyzyň şanyna Pasha baýramyny belläň+. Ýehowa Hudaýyňyz sizi abyp aýynda gije Müsürden çykarypdy+. 2 Ýehowanyň ady üçin saýlan ýerinde+ mal-garaňyzdan+ Ýehowa Hudaýyňyza Pasha gurbanlygyny beriň+. 3 Ýöne gurbanlygyň ýany bilen hamyrmaýa goşulan zat iýmäň+. Müsürden howlukmaç çykanyňyzda+, petir çörek* iýşiňiz ýaly, ýedi günläp diňe petir iýiň. Şonda azap çeken döwrüňiz we Müsürden çykan günüňiz hiç wagt ýadyňyzdan çykmaz+. 4 Ýaşaýan ýeriňizde ýedi günläp hamyrmaýa bolmasyn+. Birinji gün agşam gurban beren malyňyzyň etinden ertesi irdene hiç zat galmasyn+. 5 Pasha gurbanlygyny Ýehowa Hudaýyňyzyň beren şäherleriniň hemmesinde däl-de, 6 diňe Ýehowanyň öz ady üçin saýlan ýerinde beriň. Müsürden haýsy gün çykan bolsaňyz, Pasha gurbanlygyny şol gün agşamara, Gün ýaşandan soň hödürläň+. 7 Gurbanlygyň etini Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerinde+ bişirip iýiň+. Ertesi irden öýüňize* gaýdyp bilersiňiz. 8 Alty günläp diňe petir iýiň, ýedinji gün Ýehowa Hudaýyňyzyň şanyna uly baýram ediň. Şol gün hiç hili iş etmäň+.
9 Hasyl orup başlan günüňizden ýedi hepde geçsin+. 10 Soňra Ýehowa Hudaýyňyzyň beren berekedine+ görä göwnüňizden çykaran sadakaňyzy getirip, Ýehowa Hudaýyňyzyň şanyna Hepdeler baýramyny belläň+. 11 Ýehowa Hudaýyňyzyň öz ady üçin saýlan ýerinde, Ýehowanyň huzurynda siz bilen ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şäheriňizde ýaşaýan lewiler, araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dul aýallar hem şatlansyn+. 12 Müsürde gul bolup ýaşanyňyzy unutman+, şu kanunlary birkemsiz ýerine ýetiriň.
13 Harmany galladan arassalap, zeýtundan ýag, üzümden şerap ýasanyňyzdan soň, ýedi günläp Çatma baýramyny belläň+. 14 Baýramçylykda siz bilen ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şäheriňizde ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dul aýallar hem şatlansyn+. 15 Ýehowanyň saýlan ýerinde Hudaýyňyz Ýehowanyň şanyna ýedi gün baýram ediň+. Ýehowa Hudaýyňyz bol hasyl berip, ähli işiňizi ugruna eder+. Sizem muňa begenip, şatlyk-şagalaň edersiňiz+.
16 Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda+, Hepdeler baýramynda+ we Çatma baýramynda+ Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gelsin. Ýöne hiç kim Ýehowanyň huzuryna eli boş gelmesin. 17 Her kim Ýehowanyň beren berekedine görä sadaka* getirsin+.
18 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek şäherlerinde her taýpa üçin kazylary+ we serdarlary belläň. Olar halka adalatly höküm çykarsynlar. 19 Adalatsyzlyk etmäň+, hiç kimi ala tutmaň+, para almaň. Sebäbi para paýhasly adamyň-da gözüni gapýandyr+, dogruçyl adama-da ýalan sözledýändir. 20 Adalata, diňe adalata ýapyşyň+, şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduny miras alyp, uzak ýaşarsyňyz.
21 Ýehowa Hudaýyňyzyň gurbanlyk ojagynyň* ýanynda keramatly pürs* hökmünde agaç oturtmaň+.
22 Keramatly sütün hem goýmaň+, sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz muny ýigrenýändir.
17 Şikesli ýa kemli öküzi we goýny Ýehowa Hudaýyňyza gurban bermäň. Şeýle gurban Ýehowa Hudaýyňyz üçin ýigrenjidir+.
2 Ýehowa Hudaýyňyzyň beren şäherlerinde bir erkek ýa aýal Ýehowanyň ýigrenýän işini edip, ähtini bozsa+, 3 erbet ýola düşüp, başga taňrylara sežde etse, gadagan etsem-de+, şol taňrylara ýa-da Güne, Aýa, asman jisimlerine* tagzym etse+, 4 muny size habar berseler ýa özüňiz eşitseňiz, sorap-idäp, anygyna ýetiň. Eger Ysraýylda, dogrudanam, şeýle nejislik edilen bolsa+, 5 günä eden erkegi ýa aýaly şäher derwezesine eltiň. Ony daşlap öldürmelidir+. 6 Ýöne şeýle adamy ölüme höküm etmek üçin iki ýa üç şaýat+ bolmalydyr. Hiç kimi bir şaýadyň sözi bilen öldürmäň+. 7 Ölüme höküm edilen adama ilki bilen şaýatlar daş zyňsyn, soňra halk daşlasyn. Şeýdip, erbetligi araňyzdan aýryň+.
8 Eger şäheriňizde adam öldürmek+, arz-şikaýat ýa zorluk bilen bagly meseleleri çözmek kyn bolsa, Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gidiň+. 9 Lewi ruhanylaryň we şol wagtky kazynyň*+ ýanyna baryp, ýüze çykan meseläni aýdyň. Olar size çözüp bererler+. 10 Olar Ýehowanyň saýlan ýerinde nähili karara gelseler, şoňa görä boluň. Ähli zady olaryň aýdyşy ýaly ediň. 11 Olaryň görkezen kanunyna we çykaran hökümine görä hereket ediň+. Olaryň çykaran höküminden saga-da, sola-da sowulmaň+. 12 Eger biri boýnuýogynlyk edip, Ýehowa Hudaýyň ruhanysyna ýa kaza gulak asmasa, hökman öldürilsin+. Şeýdip, Ysraýyldan erbetligi aýryň+. 13 Şonda tutuş halk muny eşidip gorkar, gaýdyp hiç kim boýnuýogynlyk etmez+.
14 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduny miras alyp, ýaşap başlanyňyzda: „Geliň, beýleki halklar ýaly özümize patyşa belläliň“+ diýseňiz, 15 diňe Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan adamyny patyşa belläň+. Patyşa öz halkyňyzdan bolsun, başga milletli adamy patyşa bellemäň. 16 Ýöne patyşa özüne köp at edinmesin+, atlarynyň sanyny köpeltjek bolup, halky Müsüre ibermesin+. Sebäbi Ýehowa: „Hiç wagt Müsüre dolanaýmaň“ diýipdi. 17 Patyşanyň ýüregi Hudaýdan daşlaşmaz ýaly, ol özüne köp aýal almasyn+. Altyn-kümşüni hem köpeltmesin+. 18 Ol tagta çykan badyna, lewi ruhanylarynda duran Kanuny göçürip alsyn+.
19 Patyşa Kanunyň nusgasyny özünde saklap, ömrüniň ähli günlerinde okasyn+. Şonda ol Ýehowa Hudaýyndan gorkmagy, Kanundaky sözleri we düzgünleri berjaý etmegi öwrener+. 20 Özüni ildeşlerinden ýokary tutup, tekepbirlik etmez, tabşyryklardan saga-da, sola-da sowulmaz. Şonda patyşanyň özi-de, ogullary-da Ysraýylda uzak wagt höküm sürer.
18 Lewi ruhanylara, tutuş lewi taýpasyna ysraýyllaryň arasyndan paý-da, miras-da berilmez. Olar Ýehowanyň paýy hökmünde ýakylyp berilýän gurbanlardan iýip biler+. 2 Lewilere doganlarynyň arasyndan miras berilmesin. Hudaýyň aýdyşy ýaly, olaryň mirasy Ýehowadyr.
3 Ine şu zatlar ruhanylara berilsin: halkyň arasyndan biri öküz ýa goýun gurbanlyk berse, malyň goluny*, äňini we garnyny ruhana bersin. 4 Gallanyň ilkinji hasylyny, täze şeraby we ýagy, goýunlaryň ilkinji ýüňüni ruhana beriň+. 5 Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz lewileri ähli taýpalaryň arasyndan saýlap, hemişe Ýehowanyň adyndan hyzmat etmäge belledi+.
6 Eger lewilerden biri ýaşaýan şäherini+ goýup, Ýehowanyň saýlan ýerine*+ gitjek bolsa, 7 onda ol hem Ýehowanyň huzurynda hyzmat edýän beýleki lewiler ýaly, şol ýerde Ýehowa Hudaýynyň adyndan hyzmat edip biler+. 8 Ol ata-babalaryndan galan mülküni satyp, girdeji alsa-da, oňa doganlary bilen deň paý* berilsin+.
9 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna baranyňyzda, şol ýerdäki halklaryň nejis işlerini gaýtalajak bolmaň+. 10 Hiç kim ogul-gyzyny otda ýakyp gurban bermesin+ ýa-da palçylyk+, jadygöýlik+, täleýe garamak+, porhançylyk*+ bilen meşgullanmasyn. 11 Araňyzda adamlary dogalaýan, jadygöýe*+ ýa bilgije* ýüz tutýan+, ölüleri çagyrýan adam+ hem bolmasyn. 12 Ýehowa şeýle işleri edýän adamy ýigrenýändir. Ýehowa Hudaýyňyz beýleki halklary şeýle nejis işleri edýändigi üçin ýurtdan kowup çykarýar. 13 Siz Ýehowa Hudaýyňyzyň öňünde päk* bolmalysyňyz+.
14 Ýurtdan kowup çykarjak halklaryňyz jadygöýlere+ we palçylara+ ýüz tutýar. Emma Ýehowa Hudaýyňyz beýle işleri gadagan edýär. 15 Ýehowa Hudaýyňyz halkyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar, oňa hökman gulak asyň+. 16 Horepde ýygnanan günüňiz+: „Ýehowa Hudaýymyzyň sesini indi bir eşitmäli, oduň ýalnyny görmäli, ýogsam öleris“ diýip, Ýehowa Hudaýyňyza ýalbarypdyňyz+. 17 Şonda Ýehowa maňa şeýle diýipdi: „Olar dogry aýdýar. 18 Men halkyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn+. Oňa aýtmaly zatlaryny öwrederin+, ol tabşyryklarymy halka ýetirer+. 19 Meniň adymdan gepleýän şol pygambere gulak asmadyk adamdan hasap soraryn+.
20 Ýöne bir pygamber özbaşyna meniň adymdan gepläp, tabşyrmadyk zatlarymy aýtsa ýa-da başga taňrylaryň adyndan geplese, ony hökman öldüriň+. 21 Belki, siz: „Şol zatlary Ýehowanyň aýtmandygyny nädip bileli?“ diýýänsiňiz. 22 Eger Ýehowanyň adyndan geplän pygamberiň aýdany ýalan bolup çyksa ýa-da ýerine ýetmese, diýmek, şol sözleri Ýehowa aýtmandyr. Pygamber öz-özünden toslapdyr. Şol pygamberden gorkmaň“.
19 Ýehowa Hudaýyňyz barjak ýurduňyzda ýaşaýan halklary ýok eder. Ýehowanyň kömegi bilen şol halklary kowup çykaryp, şäherlerinde we öýlerinde ýaşap başlanyňyzda+, 2 Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip beren ýurdundan üç şäheri saýlaň+. 3 Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip beren ýurduny üç bölege bölüň-de, hersinde bir şäheri gaçybatalga ediň. Adam öldüren kişi gaçyp biler ýaly, şol şäherlere ýol çekiň.
4 Gaçybatalga şäheri üçin düzgün şeýledir: eger biri hiç hili duşmançylygy bolman, bir adamy tötänden öldürse, şol şähere gaçyp gutulyp biler+. 5 Aýdaly, iki adam tokaýa odun almaga gidýär. Olaryň biri odun çapyp durka, palta sapyndan sypyp, beýleki adama degse, ol hem ölse, ganhor şol şäherleriň birine gaçyp başyny gutarsyn+. 6 Ýöne şäher uzak bolsa, gan algyly adam*+ ganhoryň yzyndan ýetip, gaharyna ony öldürer. Aslynda, ol ölüme mynasyp iş etmedi, sebäbi ölen adam bilen hiç hili duşmançylygy ýokdy+. 7 Şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin, size: „Üç şäher saýlaň“ diýip tabşyrýaryn.
8 Ýehowa Hudaýyňyz ata-babalaryňyza ant içişi ýaly, ýurduňyzy giňelder+, söz berişi ýaly, tutuş ýurdy eliňize berer+. 9 Ýöne munuň üçin ähli tabşyryklarymy gyşarnyksyz* berjaý ediň, Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp, hemişe onuň ýolundan ýöräň+. Hudaý ýurdy tutuşlygyna eliňize berende, öňki üç şäheriň üstüne ýene üçüsini goşuň+. 10 Şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip beren ýurdunda bigünä adamyň gany dökülmez+, siz ganhorlykda aýyplanmarsyňyz+.
11 Emma bir adam başga birini ýigrenip+, bilgeşleýin* topulsa, ol hem agyr ýaralanyp ölse, ýöne topulan adam şol şäherleriň birine gaçyp gitse, 12 öz şäheriniň ýaşululary ganhory yzyna getirdip, gan algylynyň* eline bersin. Ganhor hökman öldürilsin+. 13 Ganhora rehim etmäň, Ysraýyl topragyny bigünä dökülen gandan arassalaň+. Şonda görjegiňiz gowy bolar.
14 Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurdundan ýer alanyňyzda, goňşyňyz bilen araňyzdaky araçägi+, ata-babalaryňyzyň goýan serhedini süýşürmäň.
15 Hiç kimi ýekeje şaýadyň sözi bilen günä etmekde ýa erbet iş etmekde aýyplamaň+. Muny iki ýa üç şaýat tassyklamalydyr+. 16 Emma päliýaman adam ýalan şaýatlyk edip, birine töhmet atsa+, 17 olaryň ikisi-de Ýehowanyň öňüne, ruhanylaryň we şol wagtky kazylaryň ýanyna barsyn+. 18 Kazylar ähli zadyň anygyna ýetsin+. Eger şaýadyň sözi ýalan bolup çyksa we doganyna töhmet atan bolsa, 19 doganyna etjek bolan ýamanlygyny özüne ediň+. Şeýdip, erbetligi araňyzdan aýryň+. 20 Muny eşidenler gorkar, gaýdyp hiç kim şeýle erbetlige baş goşmaz+. 21 Ýalan sözlän adama rehim etmäň+: jan ýerine jan, göz ýerine göz, diş ýerine diş, el ýerine el, aýak ýerine aýak bolsun+.
20 Söweşde duşmanyň at-arabasy we goşuny siziňkiden köp bolsa, gorkmaň, sizi Müsürden çykaran Ýehowa Hudaýyňyz ýanyňyzdadyr+. 2 Söweşe gitjek bolanyňyzda, ruhany halkyň öňüne çyksyn-da+: 3 „Diňläň, eý ysraýyllar! Duşman bilen batyrgaý söweşiň! Gorkmaň, howsala düşüp, aljyramaň. 4 Ýehowa Hudaýyňyz ýanyňyzda gidip, duşman bilen söweşer, sizi halas eder“+ diýsin.
5 Baştutanlar hem esgerlere şeýle diýsin: „Kimde-kim jaý salyp, heniz göçüp barmadyk bolsa, öýüne gaýtsyn. Ol söweşde wepat bolsa, jaýynda başga biri ýaşar. 6 Kimde-kim üzüm ekip, heniz miwesinden datmadyk bolsa, öýüne gaýtsyn. Ol söweşde wepat bolsa, hasylyny başga biri iýer. 7 Kimde-kim adaglanyp, heniz öýlenip ýetişmedik bolsa, öýüne gaýtsyn+. Ol söweşde wepat bolsa, adaglysyna başga biri öýlener“. 8 Soňra baştutanlar: „Araňyzda söweşe gitmäge gorkýan ýa-da gaýraty çatmaýan+ bar bolsa, öýüne gaýtsyn. Ýogsam ol doganlarynyň hem ýüregine gorky salar“+ diýsinler. 9 Şondan soň olar esgerleri söweşe alyp gitjek serkerdeleri bellesinler.
10 Bir şähere çozmankaňyz, ilki ylalaşmagy teklip ediň+. 11 Eger olar ylalaşyp, derwezelerini açsalar, şäheriň ilaty size gul bolar+. 12 Emma ylalaşman, söweşjek bolsalar, şäheri gabaň. 13 Ýehowa Hudaýyňyz olary eliňize berer. Şäherdäki ähli erkekleri gylyçdan geçiriň. 14 Aýallaryny, çagalaryny ýesir alyň, mal-garany we şäherdäki ähli zady olja alyň+. Ýehowa Hudaýyňyz duşmanlary eliňize berer, olaryň ähli zadyny talaň+.
15 Ýöne şu aýdanlarymy golaýda däl-de, uzakda ýerleşýän şäherlere ediň. 16 Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek şäherlerinde bolsa ýekeje adamy-da diri galdyrmaň+. 17 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryşy ýaly, şol ýerdäki hetleri, amorlary, kenganlary, perizleri, hiwileri we ýabuslary+ bütinleý ýok ediň. 18 Ýogsam olar taňrylary üçin edýän nejis işlerini size-de öwredip, Ýehowa Hudaýyňyza garşy günä etdirerler+.
19 Bir şäheri basyp almak üçin uzak wagt gabawda saklanyňyzda agaçlaryny çapmaň. Miwelerini iýiň, ýöne agaçlary çapmaň+. Agaja topular ýaly, ol adam däl ahyryn. 20 Diňe miwesini iýip bolmaýan agaçlary çapyň. Olary çapyp, basyp aljak şäheriňize gabaw diwaryny gurup bilersiňiz.
21 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda ýaşaýarkaňyz, bir çola ýerde* jeset tapsaňyz, ýöne kimiň öldürenini bilmeseňiz, 2 ýaşulular bilen kazylar+ jeset tapylan ýerden golaýdaky şäherlere çenli aralygy ölçesinler. 3 Soňra şol ýeriň iň golaýyndaky şäheriň ýaşululary heniz azala goşulmadyk we boýuntyryk salynmadyk göle* getirsinler. 4 Olar göläni akar suwly, sürülmedik we ekin ekilmedik jülgä eltip, boýnuny omursynlar*+.
5 Lewi ruhanylary hem gelsin, sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz olary huzurynda hyzmat edip+, Ýehowanyň adyndan halka ak pata bermekleri üçin saýlady+. Olar zorluk-sütem bilen bagly meseläni çözüp bererler+. 6 Soňra jeset tapylan ýeriň golaýyndaky şäheriň ýaşululary jülgede boýny omrulan göläniň üstünde ellerini ýuwup+, 7 şeýle diýsinler: „Bu adam biziň elimizden ölmedi, kimiň öldürenini-de görmedik. 8 Eý Ýehowa, azat eden halkyňy+ günäli hasaplama, ysraýyl halkyňy bigünä gan dökmekde aýyplama“+. Şonda halk dökülen gan üçin günäkärlenmez. 9 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly etseňiz, bigünä adamyň ganyndan azat bolarsyňyz.
10 Söweşde Ýehowa Hudaýyňyzyň kömegi bilen duşmany ýeňip, ýesir alsaňyz+, 11 ýesirleriň arasyndan bir owadan gyzy halap, öýlenjek bolsaňyz, 12 gyzy öýüňize getirip bilersiňiz. Ol saçyny syryp, dyrnagyny alsyn, 13 öýünden geýip gaýdan* eşigini çalşyp, sizde ýaşasyn. Ol bir aýlap ene-atasynyň ýasyny tutsun+. Soňra gyza ýanaşyp*, är-aýal bolup bilersiňiz. 14 Emma soňabaka ony halaman başlasaňyz, islän ýerine goýberiň+. Ýöne ol aýaly satmaň ýa-da ýowuz daraşmaň, sebäbi namysyna degdiňiz.
15 Eger adam iki aýal alsa, birini söýüp, beýlekisini känbir halamasa, aýallaryň ikisi-de ogul dogursa, nowbahar ogly halamaýan aýalyndan bolan bolsa+, 16 ol mirasyny bölende, halamaýan aýalyndan bolan oglunyň nowbaharlyk hakyny söýýän aýalynyň ogluna bermesin. 17 Halamaýan aýalyndan bolan oglunyň nowbahardygyny boýun alyp, mal-mülkünden iki esse paý bersin, sebäbi şol ogly ýigitlik çagynyň miwesidir. Nowbaharlyk haky onuňkydyr+.
18 Eger biriniň kesir, özdiýenli, ene-ata gulak asmaýan ogly bar bolsa+, näçe düzetjek bolsalar-da, asla diňlemese+, 19 ene-atasy ogluny şäher derwezesinde oturýan ýaşulularyň ýanyna eltsin. 20 Olar şäher ýaşulularyna: „Oglumyz kesir, özdiýenli, diýenimizi edenok. Onsoňam, açgöz+ hem içegen“+ diýsinler. 21 Soňra şäheriň ilaty oglany daşlap öldürsin. Erbetligi araňyzdan aýryň, tutuş ysraýyl halky muny eşidip gorkar+.
22 Eger biri ölüme mynasyp günä etse, ony öldürip+, pürsden assaňyz+, 23 jesedini gijesi bilen pürsde goýmaň+, şol günüň özünde jaýlaň, sebäbi pürsden asylan adam Hudaý üçin ýigrenjidir*+. Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduny haram etmäň+.
22 Biriniň öküzi ýa goýny azaşan bolsa, görmediksirän bolup geçmäň+, hökman eýesine eltip beriň. 2 Eger eýesi uzakda ýaşaýan bolsa ýa-da tanamaýan bolsaňyz, maly öýüňizde saklaň. Eýesi gözläp gelende berersiňiz+. 3 Biriniň ýiten eşegini, geýimini ýa başga zadyny tapsaňyz, eýesine eltip beriň, biparh bolmaň.
4 Biriniň eşegi ýa öküzi ýolda ýykylyp ýatan bolsa, görmediksirän bolup geçmäň. Ildeşiňize malyny galdyrmaga kömekleşiň+.
5 Aýal erkegiň eşigini, erkek aýalyň eşigini geýmesin. Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz şeýle adamy ýigrenýändir.
6 Ýolda barýarkaňyz, agaçda ýa ýerde guşuň höwürtgesini görseňiz, ene guş jüýjelerini ýa ýumurtgalaryny basyryp ýatan bolsa, jüýjeleri enesi bilen alyp gitmäň+. 7 Jüýjeleri alsaňyz-da, enesini goýberiň. Şeýtseňiz, gowy günleri görüp, uzak ýaşarsyňyz.
8 Jaý salanyňyzda, üçege+ germew aýlaň. Ýogsam biri üçekden gaçsa, öý-içeriňiz adamyň ganyna galar.
9 Üzümlige başga* tohum sepmäň+. Ýogsam şol ekiniňizi-de, üzüm hasylyňyzy-da mukaddes çadyra getirmeli bolarsyňyz.
10 Öküz bilen eşegi bir boýuntyryga salmaň+.
11 Ýüň bilen zygyr goşulyp dokalan eşik geýmäň+.
12 Ýapynjaňyzyň dört burçuna gotaz tikiň+.
13 Eger biri öýlenip, gelnine ýanaşsa*, soňam ony halamasa, 14 gyzy ahlaksyzlykda aýyplap: „Öýlenen gyzymyň ýanyna girdim welin, ol gyz däl eken“ diýip töhmet atsa, 15 gyzyň ene-atasy onuň gyzlygyny şäher derwezesindäki ýaşululara görkezsin. 16 Gyzyň kakasy ýaşululara: „Gyzymy şu adama durmuşa çykardym, ýöne ol gyzymy halaman, 17 ahlaksyzlykda aýyplap: „Ol gyz däl eken“ diýýär. Ine onuň gyzlygy“ diýip, gyzynyň gyzlygyny görkezýän matany ýaşulularyň öňünde goýsun. 18 Şäher ýaşululary+ öýlenen adama temmi bersinler+. 19 Ol ysraýyl gyzyny abraýdan gaçyrdy, şonuň üçin ýaşulular oňa 100 şekel* kümüş jerime salyp, puly gyzyň kakasyna bersinler+. Gyz onuň aýaly bolup galsyn, ol adam ömrüniň ahyryna çenli aýaly bilen aýrylyşmasyn.
20 Ýöne ol, hakykatdan-da, gyz däl bolsa, 21 gyzy atasy öýüniň gapysyna getirsinler, şäheriň ilaty ony daşlap öldürsin. Sebäbi ol durmuşa çykmanka*, ahlaksyzlyk edip+, Ysraýylda biabraýçylyk etdi+. Erbetligi araňyzdan aýryň+.
22 Eger biri başga biriniň aýaly bilen ýatyrka tutulsa*, olaryň ikisini-de: erkegi-de, aýaly-da öldüriň+. Ysraýyldan erbetligi aýryň.
23 Eger bir adam şäherde başga biriniň adaglysyny görüp, onuň bilen ýatsa, 24 ikisini-de şäher derwezesine getirip, daşlap öldüriň. Gyz şäherde bolsa-da, kömek sorap gygyrmady, ol adam bolsa başga biriniň aýalynyň namysyna degdi, şonuň üçin olary öldüriň+. Şeýdip, erbetligi araňyzdan aýryň.
25 Emma bir adam başga biriniň adaglysyny çola ýerde* tutup zorlasa, gyzyň namysyna degen adamy öldüriň. 26 Gyza degmäň, ölüme höküm etmäň, sebäbi ol günä etmedi. Zorlanan gyzyň ýagdaýy ganhoryň elinden ölen adamyň ýagdaýy ýalydyr+. 27 Ol adam adaglanan gyzy çola ýerde zorlady, gyz gygyrsa-da, dadyna ýetişjek ýokdy.
28 Eger biri adaglanmadyk gyzy tutup*, namysyna degse, munuň hem üsti açylsa+, 29 ol gyzyň kakasyna 50 şekel kümüş berip, gyza öýlensin+. Ol gyzyň namysyna degdi, şonuň üçin ömrüniň ahyryna çenli onuň bilen aýrylyşmasyn.
30 Hiç kim kakasynyň aýalyny almasyn, ýogsam kakasynyň namysyny depelär+.
23 Erkeklik mäzine şikes ýeten ýa-da jyns agzasy kesilen adam Ýehowanyň halkyna goşulyp bilmez+.
2 Nikasyz doglan çaga Ýehowanyň halkyna goşulyp bilmez+, nesliniň hem hiç biri* Ýehowanyň halkyna goşulyp bilmez.
3 Ammonlardan ýa mowaplardan hiç kim Ýehowanyň halkyna goşulyp bilmez+. Hatda on nesil aýlansa-da, olaryň hiç biri Ýehowanyň halkyna goşulmaly däldir. 4 Sebäbi Müsürden çykyp gelýärkäňiz, olar size kömek etmediler, bir döwüm çörek, bir owurt suw bermediler+. Gaýtam size gargyş okatmak üçin Mesopotamiýadaky Petorda ýaşaýan Benur ogly Bilgamy hakyna tutdular+. 5 Emma Ýehowa Hudaýyňyz ony+ diňlemedi. Ýehowa Hudaýyňyz sizi gowy görýär+. Şonuň üçin Ýehowa Hudaýyňyz onuň gargyşyny alkyşa* öwürdi+. 6 Olary hiç wagt asuda we bolelin ýaşatmaň+.
7 Edomlylary ýigrenmäň, olar siziň doganyňyz+.
Müsürlileri ýigrenmäň, sebäbi olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz+. 8 Olaryň çowluklary* Ýehowanyň halkyna goşulyp biler.
9 Duşman bilen söweşmek üçin düşelge guranyňyzda, özüňizi her dürli hapalykdan* goraň+. 10 Eger erkek adamyň gije tohumy akyp haram bolsa+, düşelgeden daşyna çyksyn we yzyna girmesin. 11 Ol agşamara ýuwunsyn, Gün ýaşansoň düşelgä girip biler+. 12 Aýakýoluna gider ýaly, düşelgäniň daşynda hajathanaňyz bolsun. 13 Aýakýoluna gidýän adam ýany bilen pilçe alsyn. Çukur gazyp, meýdan etsin we täretini gömsün. 14 Ýehowa Hudaýyňyz sizi halas edip, duşmanlaryňyzy eliňize bermek üçin araňyzda gezýändir+. Şol sebäpli düşelgäňiz mukaddes bolsun+. Şonda araňyzda ýigrenji zady görüp, Hudaý sizi terk etmez.
15 Hojaýynyndan gaçyp, öýüňize gelen guly yzyna äkitmäň. 16 Goý, ol araňyzda galyp, islän şäherinde ýaşasyn. Gula sütem etmäň+.
17 Ysraýyl gyzlarynyň we ogullarynyň hiç biri buthanada azgynlyk etmesin*+. 18 Aýalyň-da, erkegiň-de* azgynlyk edip gazanan puluny wada berlen sadaka hökmünde Ýehowa Hudaýyňyzyň öýüne getirmäň. Olaryň özi-de, puly-da Ýehowa Hudaýyňyz üçin ýigrenjidir.
19 Doganyňyza pul, çörek ýa başga bir zat karz berseňiz, göterimine bermäň+. 20 Gelmişege göterimine karz berip bilersiňiz+, ýöne doganyňyza göterimine zat bermäň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyz ýaşajak ýurduňyzda ähli işiňize bereket berer+.
21 Ýehowa Hudaýyňyza näme wada berseňiz+, soňa goýman berjaý ediň+, ýogsam günä galarsyňyz. Ýehowa Hudaýyňyz beren wadaňyzy sizden talap eder+. 22 Wada bermeseňiz, günä galmarsyňyz+. 23 Wada berseňiz, sözüňizde duruň+. Ýehowa Hudaýyňyza öz islegiňiz bilen beren wadaňyzy berjaý ediň+.
24 Biriniň üzümligine girseňiz, üzüminden doýýançaňyz iýip bilersiňiz, ýöne sebede ýygnap almaň+.
25 Biriniň bugdaýlygyna girseňiz, dänelerini ýolup iýip bilersiňiz, ýöne orak degirmäň+.
24 Eger biri öýlense, soňam aýalynyň erbet häsiýetini görüp halamasa, onda aýalyna talak hatyny ýazyp bersin-de+, öýünden çykaryp goýbersin+. 2 Aýal äriniň öýünden gaýdansoň, başga birine durmuşa çykyp biler+. 3 Eger ikinji äri hem ony halaman, talak hatyny ýazyp, öýünden çykaryp goýberse ýa-da äri aradan çyksa, 4 birinji äri oňa ikilenç öýlenip bilmez, sebäbi ol aýal öňki äri üçin haram hasaplanýandyr. Ýehowa muny ýigrenýändir. Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduny günäden doldurmaň.
5 Ýaňy-ýakynda öýlenen adam goşunda gulluk etmesin ýa-da başga jogapkärçilik berilmesin. Ony şol zatlardan bir ýyl azat ediň, goý, öýünde galyp, aýalynyň göwnüni hoşlasyn+.
6 Hiç kimiň el degirmenini ýa-da degirmeniň ýokarky daşyny girewine almaň+, sebäbi janyny girewine alan ýaly bolar.
7 Eger biri ysraýyllardan bolan doganyny ogurlap, sütem etse, gul edip satsa, munuň hem üsti açylsa+, ogryny öldüriň+. Şeýdip, erbetligi araňyzdan aýryň+.
8 Heýwere* ýüze çyksa, ähli zady lewi ruhanylaryň aýdyşy ýaly ediň+. Olara nähili görkezme beren bolsam, ählisini gyşarnyksyz berjaý ediň. 9 Müsürden gelýärkäňiz, Ýehowa Hudaýyňyzyň Merýeme näme edendigini unutmaň+.
10 Eger birine karz* berseňiz+, girew goýjak zadyny öýüne girip almaň. 11 Karz alan adam girewi çykaryp berýänçä, daşarda garaşyň. 12 Eger ol garyp bolsa, girewine goýan ýapynjasyny yzyna bermän, düşegiňize geçmäň+. 13 Girewi Gün ýaşmanka, eýesine eltip beriň. Goý, ol ýapynjasyny ýapynyp ýatsyn+. Şonda ol size alkyş okar, Ýehowa Hudaýyňyz hem sizi halal* adam hasaplar.
14 Eger ysraýyllardan bir doganyňyzy, şäherde ýaşaýan gelmişegi, garyby ýa mätäji hakyna tutup işletseňiz, ony aldamaň+. 15 Iş hakyny şol günüň özünde+, heniz Gün ýaşmanka beriň, sebäbi ol gözüni iş hakyna dikip oturandyr, şol gazanjy bilen gün görýändir. Hakyny wagtynda bermeseňiz, ol sizden nägile bolup, Ýehowa perýat eder welin, günä galarsyňyz+.
16 Atalar çagalarynyň etmişi üçin, çagalar hem atalarynyň etmişi üçin öldürilmesin+. Her kim öz eden günäsi üçin ölüme höküm edilsin+.
17 Gelmişege ýa ýetime adalatsyzlyk etmäň+. Dul aýala karz bereniňizde, ýapynjasyny girewine almaň+. 18 Müsürde gul bolup ýaşanyňyzy we Ýehowa Hudaýyňyzyň azat edenini unutmaň+, şonuň üçin size şeýle tabşyryk berýärin.
19 Hasyl ýygnanyňyzda, bir dessäni meýdanda ýatdan çykaryp gaýtsaňyz, almak üçin yzyňyza dolanmaň. Dessäni gelmişeklere, ýetimlere we dul aýallara goýuň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyz ähli işiňizi ugruna eder+.
20 Zeýtun agajynyň miwesini kakanyňyzda, şahalaryny gaýta-gaýta kakmaň. Şahada galan miweleri gelmişeklere, ýetimlere we dul aýallara goýuň+.
21 Üzüm ýyganyňyzda-da, galan-gaçanlaryny almak üçin yzyňyza dolanmaň. Olary gelmişeklere, ýetimlere we dul aýallara goýuň. 22 Müsürde gul bolup ýaşanyňyzy unutmaň, şonuň üçin size şeýle tabşyryk berýärin.
25 Eger iki adam dawalaşsa, olar kazylaryň ýanyna barsyn+. Kazylar meselä seredip, kimiň günäli, kimiň bigünädigini aýtsyn+. 2 Günäkäri gamçylamaly bolsa+, kazy ony öňünde ýere ýatyrdyp gamçylatsyn. Näçe gamçy urmalydygy etmişine görä çözülsin. 3 Emma günäkäriň jezasy 40 gamçydan köp bolmasyn+. Şondan artyk gamçylasaňyz, doganyňyzyň mertebesini peseldersiňiz.
4 Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň+.
5 Biri-birine golaý ýaşaýan iki doganyň biri ogly bolmanka ýogalsa, aýaly kesekä* durmuşa çykmasyn. Merhumyň dogany onuň aýalyny alyp, garyndaşlyk borjuny berjaý etsin+. 6 Aýalyň ilkinji doglan ogly merhumyň ogly hasaplanar*+. Şonda merhumyň ady Ysraýyldan ýitip gitmez+.
7 Emma merhumyň dogany onuň aýalyny almak islemese, aýal şäher derwezesindäki ýaşulularyň ýanyna baryp: „Ärimiň dogany Ysraýylda doganynyň adyny ýöretmekden boýun gaçyrýar. Ol garyndaşlyk borjuny berjaý edip, maňa öýlenmekden ýüz öwürýär“ diýsin. 8 Şäher ýaşululary ol adamy çagyryp gepleşsinler. Ol şonda-da: „Men ony aljak däl“ diýip dursa, 9 doganynyň aýaly ýaşulularyň öňünde ol adamyň aýagyndaky çarygyny çykarsyn-da+, ýüzüne tüýkürip: „Doganynyň neslini dowam etmeýän* adama şeýle edilýändir“ diýsin. 10 Şondan soň il arasynda onuň maşgalasyna* „Çarygy çykarylan“ diýler.
11 Iki adam urşup durka, biriniň aýaly ärini gorajak bolup, urýan adamyň jynsy agzasyndan tutsa, 12 aýalyň elini çapyň, rehim etmäň.
13 Torbaňyzda iki dürli, agyr hem ýeňil terezi daşy bolmasyn+. 14 Öýüňizde iki dürli, uly hem kiçi ölçeg gaby* bolmasyn+. 15 Tereziňiz, ölçeg gabyňyz dogry hem halal bolsun, şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda uzak ýaşarsyňyz+. 16 Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz iliň hakyny iýýän adamy ýigrenýändir+.
17 Şeýle-de Müsürden gelýärkäňiz, amalekleriň size näme edendigini unutmaň+. 18 Ýolda ýadap, ysgynsyz gelýärkäňiz, olar Hudaýdan gorkman, üstüňize çozup, yzdan ýöräp gelýänleri gyrdylar. 19 Şonuň üçin Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduna baranyňyzda+, Ýehowa Hudaýyňyz sizi duşmanlaryňyzdan halas edende*, amalekleriň adyny gök astyndan öçürip taşlaň+. Muny ýatdan çykaraýmaň.
26 Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduny miras alyp, ýaşap başlanyňyzda, 2 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda alan hasylyňyzyň ilkinji miwelerini sebede salyp, Ýehowa Hudaýyňyzyň öz ady üçin saýlan ýerine gidiň+. 3 Şol wagtky ruhanynyň ýanyna baryp: „Ýehowa Hudaýymyz meni ata-babalarymyza wada beren* ýurduna getirdi. Men Ýehowanyň beren sözünde durýandygyna doly göz ýetirdim“+ diýiň.
4 Ruhany sebediňizi alyp, Ýehowa Hudaýyňyzyň gurbanlyk ojagynyň* öňünde goýsun. 5 Şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda şeýle diýiň: „Atam sergezdan bolup* ýören siriýalydy*+. Ol kiçijik maşgalasy bilen+ Müsüre göçüp+, gelmişek bolup ýaşady. Şol ýerde ondan beýik, güýçli we uly halk döredi+. 6 Emma müsürliler bizi gul edip, zalymlyk bilen ezdiler+. 7 Şonda ata-babalarymyzyň Hudaýy Ýehowa perýat etdik. Ýehowa ahy-nalamyzy eşidip, çekýän jebirlerimizi, kynçylyklarymyzy, horluklarymyzy gördi+. 8 Ahyrsoňy Ýehowa güýç-kuwwatly goly+ bilen gorkunç işler edip, alamatlar we gudratlar görkezip, bizi Müsürden çykardy+. 9 Soňra şu ýere getirip, süýt bilen bal akýan ýurdy berdi+. 10 Şonuň üçin Ýehowanyň beren topragynyň ilkinji hasylyny getirdim“+.
Hasyly Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda goýuň-da, Ýehowanyň öňünde tagzym ediň. 11 Ýehowa Hudaýyňyzyň size we öý-içeriňize beren berekedi üçin şatlanyň. Lewiler we araňyzdaky gelmişekler hem siz bilen şatlansyn+.
12 Hasylyň ondan bir bölegini+ sadaka berýän ýylyňyz, ýagny her üçünji ýyl ähli hasylyňyzyň ondan bir bölegini lewilere, gelmişeklere, ýetimlere we dul aýallara beriň. Goý, olar şäherleriňizde iýip doýsunlar+. 13 Şondan soň Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda şeýle diýiň: „Mukaddes zatlaryň hiç birini öýümde saklamadym. Tabşyryşyň ýaly, hemmesini lewilere, gelmişeklere, ýetimlere we dul aýallara berdim+. Tabşyryklaryňy bozmadym, äsgermezlik etmedim. 14 Ýas tutanymda, mukaddes zatlardan iýmedim, olara tämiz däl wagtym el degirmedim, merhum üçin ulanmadym. Ýehowa Hudaýyma gulak asyp, ähli zady tabşyryşy ýaly etdim. 15 Indi, eý Hudaýym, mukaddes mekanyňdan, gökden nazar sal, ata-babalarymyza wada edişiň* ýaly+, bize beren süýt bilen bal akýan ýurduňa+ we ysraýyl halkyňa bereket ber“+.
16 Ýehowa Hudaýyňyz şu kanunlary we hökümleri berjaý etmegi tabşyrýar. Olary bütin ýüregiňiz+, bütin janyňyz* bilen ýerine ýetiriň. 17 Şu gün Ýehowa size wada berýär: Hudaýyň ýolundan ýöräp, gulak assaňyz, kanunlaryny+, tabşyryklaryny+ we hökümlerini+ berjaý etseňiz, ol siziň Hudaýyňyz bolar. 18 Sizem öz gezegiňizde Ýehowa söz berdiňiz, Hudaýyň wadasyna görä, onuň eziz halky*+ bolup, tabşyryklaryna gulak asjakdygyňyzy aýtdyňyz. 19 Sözüňizde durup, Ýehowa Hudaýyňyzyň mukaddes halky bolsaňyz*+, Hudaý wada berişi ýaly, sizi ähli halklardan* beýgelder+, at-abraýa we şan-şöhrata beslär».
27 Soňra Musa ysraýyl ýaşululary bilen birlikde halka şeýle tabşyryk berdi: «Şu günki berýän ähli tabşyryklarymy berjaý ediň. 2 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna girmek üçin Iordandan geçeniňizde, ullakan daşlary goýuň-da, olara hek çalyň+. 3 Şol daşlara Kanundaky sözleri ýazyň. Siz derýadan geçip, Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň wada berişi ýaly, süýt bilen bal akýan ýurda bararsyňyz+. 4 Iordandan geçeniňizden soň, size tabşyryşym ýaly, daşlary Gewal dagynda+ goýuň-da, hek çalyň. 5 Şeýle-de Ýehowa Hudaýyňyz üçin daşdan gurbanlyk ojagyny* guruň, ýöne daşlara demir gural degirmäň+. 6 Ýehowa Hudaýyňyzyň gurbanlyk ojagyny ýonulmadyk daşlardan gurup, üstünde Ýehowa Hudaýyňyza ýakma gurbanlyklary hödürläň. 7 Şol ýerde parahatlyk gurbanlyklary+ hem hödürläp, olardan iýiň-de+, Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda şatlanyň+. 8 Kanundaky sözleri daşlaryň ýüzüne düşnükli edip ýazyň»+.
9 Soňra Musa bilen lewi ruhanylary halka ýüzlenip: «Ysraýyllar, üns beriň*, diňläň! Indi siz Ýehowa Hudaýyňyzyň halky bolduňyz+. 10 Şonuň üçin Ýehowa Hudaýyňyza gulak asyp, men arkaly berýän tabşyryklaryny+, kanunlaryny berjaý ediň» diýdiler.
11 Şol gün Musa halka şeýle tabşyryk berdi: 12 «Iordandan geçeniňizde, şimgon, lewi, ýahuda, ysahar, ýusup, benýamin taýpalary halka alkyş okamak* üçin Gerizim dagynda+ dursun. 13 Ruben, gad, aşer, zebulun, dan, naftaly taýpalary bolsa gargyş okamak üçin Gewal dagynda+ dursun. 14 Lewiler batly ses bilen ähli ysraýyllara şeýle diýsin+:
15 „Ýehowa ynsan* eli bilen ýasalan oýma+ we guýma butlary+ ýigrenýändir+. But ýasan we ony gizläp saklan adama nälet bolsun!“ Bütin halk: „Omyn!“* diýip jogap bersin.
16 „Ene-atasyny äsgermeýäne nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
17 „Goňşusynyň araçägini süýşürene nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
18 „Köri azaşdyrana nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
19 „Gelmişege, ýetime we dul aýala+ adalatsyzlyk edene nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
20 „Kakasynyň namysyny depeläp, onuň aýalyna ýanaşan* adama nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
21 „Haýwana ýanaşan adama nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
22 „Atabir ýa enebir uýasyna ýanaşan adama nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
23 „Gaýynenesine ýanaşan adama nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
24 „Bilgeşleýin* adam öldürene nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
25 „Bigünä adamy öldürmek üçin pul* alana nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
26 „Kanundaky tabşyryklary berjaý etmedik adama nälet bolsun!“+ Bütin halk: „Omyn!“ diýsin.
28 Ýehowa Hudaýyňyza gulak asyp, men arkaly berýän tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirseňiz, Ýehowa Hudaýyňyz sizi ýer ýüzündäki ähli halklardan beýgelder+. 2 Eger Ýehowa Hudaýyňyza gulak assaňyz, üstüňize şu bereketler ýagyp, sizi gurşap alar*+:
3 Şäheriňizde-de, mellegiňizde-de bereket alarsyňyz+.
4 Ogul-gyzyňyz köp bolar+, topragyňyz bol hasyl berer, süriňizde göle, owlak-guzy köpeler+.
5 Sebediňiz galladan+, jamyňyz undan dolar+.
6 Nirä gitseňiz-de, näme etseňiz-de*, işiňiz ugruna bolar.
7 Ýehowa size garşy çykan duşmanlary ýeňmäge kömek eder+. Olar üstüňize bir tarapdan çozarlar, ýöne dyr-pytrak bolup* gaçarlar+. 8 Ýehowa ammaryňyza bereket+, ähli işiňize rowaçlyk berer*. Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda rysgal-döwletiňiz artar. 9 Eger hemişe Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryklaryny berjaý edip, ýolundan ýöreseňiz, Ýehowa wada berişi* ýaly+, sizi mukaddes halky eder+. 10 Ýehowanyň adyny göterýän halkdygyňyz üçin+, ýer ýüzündäki ähli halklar sizden gorkar+.
11 Ýehowanyň ata-babalaryňyza wada beren ýurdunda+ Ýehowa ogul-gyzyňyzy, mal-garaňyzy köpeldip, topragyňyzy hasylly eder+. 12 Ýehowa bereketli ammaryny, gökleri açyp, ýurduňyza wagtly-wagtynda ýagyş ýagdyrar+, işiňizi oňuna eder. Köp halklara karz berersiňiz, ýöne özüňiz karz soramarsyňyz+. 13 Eger Ýehowa Hudaýyňyzyň men arkaly berýän tabşyryklaryna hemişe gulak assaňyz, Ýehowa sizi ähli halklardan has beýgelder+, olar size agalyk etmez. Siz olaryň guly däl-de, hojaýyny bolarsyňyz*. 14 Şu günki berýän tabşyryklarymdan saga-sola sowlup+, başga taňrylara sygynmaň, olara sežde etmäň+.
15 Emma Ýehowa Hudaýyňyza gulak asman, men arkaly berýän tabşyryklaryny we kanunlaryny ýerine ýetirmeseňiz, şu gargyşlar başyňyzdan inip, sizi gurşap alar*+:
16 Şäheriňize-de, mellegiňize-de gargyş siňer+.
17 Sebetleriňiz+, jamlaryňyz boşap galar+.
18 Ogul-gyzyňyza, topragyňyza we mal-garaňyza* gargyş siňer+.
19 Nirä gitseňiz-de, näme etseňiz-de*, edeniňiz ugruna bolmaz.
20 Ýehowa sizi bütinleý ýok edýänçä, ähli işiňize gargyş siňdirer, sizi aljyraňňylyga salyp, jeza berer. Erbet işleri edip, Hudaýdan* ýüz öwrendigiňiz üçin, gysga wagtda ýok bolup gidersiňiz+. 21 Miras aljak ýurduňyzda gyrlyp gutarýançaňyz, Ýehowa sizi elhenç kesellere uçradar, keselden gözüňiz açylmaz*+. 22 Ýehowa sizi inçekesele, gyzzyrma+, sowuklama, ysytma duçar eder, duşmanlaryň eline berip, gylyçdan geçirder+, howurly ýel öwüsdirip, ekiniňizi heň bilen çüýreder+. Baryňyz gyrlyp gutarýançaňyz, şu zatlar başyňyzdan aýrylmaz*. 23 Depäňizdäki asman mise, aýagyňyzyň astyndaky toprak demre döner+. 24 Baryňyz gyrylýançaňyz, Ýehowa ýurduňyza ýagyş deregine çäge bilen gum ýagdyrar. 25 Ýehowa sizi duşmanlaryň eline berer+. Olara bir tarapdan çozarsyňyz, ýöne dyr-pytrak bolup* gaçarsyňyz. Başyňyza düşen zatlary eşidip, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar gorkar+. 26 Jesetleriňiz guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary kowara adam tapylmaz+.
27 Ýehowa endamyňyza Müsürdäki ýaly çyban çykarar, babasyldan*, goturdan we ýokanç deri kesellerinden ejir çekdirer, olardan gutulyp bilmersiňiz. 28 Ýehowa sizi akylyňyzdan azaşdyrar, kör eder+, aljyraňňylyga salar. 29 Kör adam tümlükde sermenýän bolsa, siz gündiziň günortany sermenip ýörersiňiz+. Hiç bir işiňiz ugruna bolmaz. Sizi mydama aldarlar, talarlar, ýöne arka çykan tapylmaz+. 30 Adaglanan gyzyňyzy zorlap giderler. Jaý salarsyňyz, özüňiz ýaşamarsyňyz+. Üzüm ekersiňiz, miwesinden datmarsyňyz+. 31 Öküziňizi gözüňiziň alnynda soýarlar, emma etiniň bir bölegini-de iýmersiňiz. Eşegiňizi gözüňiziň alnynda ogurlarlar, yzyna alyp bilmersiňiz. Goýnuňyzy duşmanlar äkider, dadyňyza ýetişen tapylmaz. 32 Ogul-gyzyňyzy gözüňiziň alnynda ýesirlige äkiderler+, çagaňyzyň didaryna zar bolarsyňyz, ýöne eliňizden gelen zat bolmaz. 33 Hasylyňyzy, bar zadyňyzy keseki halklar iýer+. Sizi mydama aldarlar, ezerler. 34 Başyňyza düşen zatlardan* ýaňa akylyňyz üýtgär.
35 Ýehowa dyzyňyza, aýagyňyza, dabanyňyzdan depäňize çenli agyryly we bitmeýän çybanlary çykarar. 36 Ýehowa sizi we patyşaňyzy sürgün eder. Siziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan ýurdunda ýaşamaly bolarsyňyz+. Şol ýurtda agaçdan, daşdan ýasalan taňrylara sežde edersiňiz+. 37 Ýehowa sizi sürgün edende, şol ýurduň halklary başyňyza düşen zatlary eşidip gorkar. Olaryň gepine galarsyňyz*, ile gülki bolarsyňyz+.
38 Köp ekip, az hasyl alarsyňyz+, hasylyňyzy çekirtge iýer. 39 Üzüm ýetişdirersiňiz, emma ne şerabyny içersiňiz, ne-de hasylyny iýersiňiz+, üzümiňize gurçuk düşer. 40 Ýurduňyz zeýtun bagyndan doly bolsa-da, endamyňyza çalmaga ýag tapmarsyňyz, zeýtunlaryň bary döküler. 41 Ogul-gyzyňyz bolsa-da, ýanyňyzda ýaşamaz, olary ýesirlige äkiderler+. 42 Ähli agaçlaryňyzy we hasylyňyzy mör-möjekler iýer. 43 Araňyzda ýaşaýan gelmişek barha güýçlener, siz bolsa gitdigiçe peselersiňiz. 44 Siz gelmişege däl, gelmişek size karz berer+. Ol has beýgelip, üstüňizden agalyk eder*+.
45 Ýehowa Hudaýyňyza gulak asmandygyňyz, tabşyryklaryny we kanunlaryny berjaý etmändigiňiz+ üçin, şu gargyşlar+ başyňyzdan inip, sizi sypdyrmaz, gaçyp gutulyp bilmersiňiz*, baryňyz gyrlarsyňyz+. 46 Gargyşlar hiç wagt başyňyzdan aýrylmaz, size we nesliňize alamat hem duýduryş bolar+. 47 Sebäbi siz bolelin durmuşda ýaşanyňyzda, Ýehowa Hudaýyňyza şatlanyp, ýürekden begenip gulluk etmediňiz+. 48 Ýehowa duşmanlary üstüňize çozdurar, olara aç-suwsuz+, köne-küşül eşikde hyzmat edersiňiz+, garyplykdan kösenersiňiz. Hudaý sizi bütinleý ýok edýänçä, boýnuňyza demir boýuntyryk geýdirer.
49 Ýehowa uzakdan, ýeriň aňry ujundan diline düşünip bolmaýan bir halky+ üstüňize iberer+. Olar awuna okdurylan bürgüt ýaly hüjüm ederler+. 50 Olar garryny sylamaýan, çaga rehim etmeýän zalym halkdyr+. 51 Baryňyz gyrlyp gutarýançaňyz owlak-guzyňyzy we hasylyňyzy iýerler. Sizi bütinleý ýok edýänçäler, galladan, täze şerapdan, ýagdan, owlak-guzulardan hiç zat galdyrmazlar+. 52 Ýurduňyzyň hemme şäherlerini gabap, buýsanyp* ýören beýik hem berk diwarlaryňyzy ýumrarlar. Ýehowa Hudaýyňyzyň beren ýurdundaky ähli şäherleriň daşyny gabarlar+. 53 Şäheriňiz gabawda wagty duşmanlaryň zorluk-süteminden ýaňa öz çagalaryňyzy, Ýehowa Hudaýyňyzyň beren ogul-gyzlaryny iýmeli bolarsyňyz+.
54 Hatda ýuka ýürekli we mähirli* adam hem doganyna, söýgüli aýalyna, diri galan çagalaryna rehim etmez. 55 Olara iýip oturan çagasynyň etinden ýekeje bölegem bermez, sebäbi şäheriňiz gabawda wagty duşmanlaryň zorluk-süteminden ýaňa iýere zat tapmaz+. 56 Ýuka ýürek, näzik aýal, näzikliginden ýaňa elini sowuk suwa urmaýan* aýal+ hem söýgüli ärine, ogul-gyzyna rehim etmez. 57 Şäheriňiz gabawda wagty duşmanlaryň zorluk-süteminden ýaňa aýal öz dogran çagalaryny, hatda ýatgysyndan çykan çagasynyň ýoldaşyny-da* gizläp iýer.
58 Eger Kanun kitabynda ýazylan tabşyryklary+ birkemsiz berjaý etmeseňiz, Ýehowa+ Hudaýyňyzyň şöhratly we beýik* adyndan+ gorkmasaňyz, 59 Ýehowa sizi-de, nesilleriňizi-de elhenç bela-beterlere, güýçli we yzy üzülmeýän jebir-jepalara+, bejerip bolmaýan agyr kesellere duçar eder. 60 Ol siziň Müsürde gorkan ähli keselleriňizi başyňyzdan inderer, olardan gutulyp bilmersiňiz*. 61 Baryňyz gyrlyp gutarýançaňyz, Ýehowa hatda Kanun kitabynda ýazylmadyk keselleri, bela-beterleri-de başyňyzdan inderer. 62 Asman ýyldyzlary deý köp bolsaňyz-da+, Ýehowa Hudaýyňyza gulak asmandygyňyz üçin, barmak basyp sanaýmaly bolup galarsyňyz+.
63 Ýehowa sizi köpeldip, gowy ýaşadanda nähili begenen bolsa, Ýehowa sizi bütinleý ýok edende hem şeýle begener. Miras aljak ýurduňyzdan köküňiz bilen sogrup taşlar.
64 Ýehowa sizi halklaryň arasyna, ýeriň bir ujundan beýleki ujuna dargadar+. Şol ýerde agaçdan, daşdan ýasalan, siziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan taňrylaryna sežde etmeli bolarsyňyz+. 65 Şol halklaryň arasynda rahat günüňiz bolmaz+, aýak uzadyp dynç almaga ýer tapylmaz. Ýehowa ýüregiňize howsala salar+, gözüňiziň nuruny söndürip, alaçsyz goýar+. 66 Janyňyz howp astynda bolar, gije-gündiz gorkuda ýaşarsyňyz, diri galjagyňyz gümana bolar. 67 Gorkudan we başyňyza düşen zatlardan* ýaňa ertirlerine: „Wah, çaltrak agşam düşsedi!“ diýersiňiz, gijelerine bolsa: „Daň atsady!“ diýersiňiz. 68 Men size: „Müsüre barýan ýoly gaýdyp görmersiňiz“ diýipdim. Emma Ýehowa sizi gelen ýoluňyz bilen gämide yzyňyza Müsüre iberer. Şol ýurtda özüňizi duşmanlara gul-gyrnak edip satjak bolarsyňyz, ýöne sizi satyn alan adam bolmaz».
29 Horepde baglaşan ähtinden başga-da Ýehowa Mowap ýurdunda Musa arkaly ysraýyllar bilen äht baglaşdy+.
2 Musa tutuş halky ýygnap, şeýle diýdi: «Ýehowanyň Müsürde faraona, hyzmatkärlerine we ýurduna näme edendigini gözüňiz bilen gördüňiz+. 3 Müsürlilere çykaran agyr hökümlerini, görkezen beýik alamatlaryny we gudratlaryny gördüňiz+. 4 Emma Ýehowa şu güne çenli size düşüner ýaly akyl-paýhas*, görer ýaly göz, eşider ýaly gulak bermedi+. 5 „Size 40 ýyllap çölde ýol görkezen wagtym+ egniňizdäki eşigiňiz könelmedi, aýagyňyzdaky çarygyňyz ýyrtylmady+. 6 Iýere çöregiňiz, içere şerabyňyz bolmasa-da, aladaňyzy etdim, sebäbi meniň Ýehowa Hudaýdygymy bilmegiňizi isleýärdim“. 7 Ahyrsoňy şu ýere geldiňiz. Şonda Heşbon hany Sihon+ bilen Başan hany Og+ üstümize hüjüm etdi, emma olary derbi-dagyn etdik+. 8 Olaryň ýurduny basyp alyp, rubenlere, gadlara we manaşa taýpasynyň ýarysyna mülk edip berdik+. 9 Mundan beýlägem edeniňiz ugruna bolar ýaly, şu ähtiň şertine tabyn bolup, berjaý ediň+.
10 Ine, häzir hemmäňiz Ýehowa Hudaýyňyzyň öňünde dursuňyz. Taýpa baştutanlaryňyz, ýaşulularyňyz, ýolbaşçylaryňyz, ähli erkekleriňiz, 11 çagalaryňyz, aýallaryňyz+, düşelgäňizde ýaşaýan gelmişekler+, odunyňyzy çapyp, suwuňyzy daşaýana çenli baryňyz ýygnandyňyz. 12 Siz Ýehowa Hudaýyňyz bilen ant içip, äht baglaşmaga geldiňiz. Şu gün Ýehowa Hudaýyňyz siz bilen äht baglaşýar+. 13 Ol size wada berişi ýaly, ata-babalaryňyz Ybraýyma+, Yshaga+ we Ýakuba+ ant içişi ýaly, sizi öz halky edip+, Hudaýyňyz bolar+.
14 Ähtimi siziň antyňyz bilen tassyklaýaryn. Şu ähti diňe siz bilen däl, 15 Ýehowa Hudaýymyzyň huzuryna gelenleriň ählisi bilen, geljekki nesiller bilen hem baglaşýaryn. 16 Müsürde çeken azaplarymyzy, birgiden halklaryň arasyndan geçip, şu ýurda nä günlük bilen gelenimizi gowy bilýänsiňiz+. 17 Şol halklaryň nejis zatlaryny, agaçdan, daşdan, altyn-kümüşden ýasalan ýigrenji butlaryny*+ gördüňiz. 18 Seresap boluň, araňyzda Ýehowa Hudaýymyzdan daşlaşyp*, şol halklaryň taňrylaryna sežde edýän erkek ýa aýal, hojalyk ýa taýpa bolmasyn+. Şeýle adamlar zäherli otuň we ýowşanyň köki ýalydyr+.
19 Emma biri şu anty eşidibem, gopbamsylyk bilen: „Islän zadymy etjek, maňa hiç zat bolasy ýok!“ diýip pikir etse, ol birgiden adamyň başyna ýeter*. 20 Ýehowa ony bagyşlamaz+. Ýehowa şol adama gaharlanyp, kitapdaky gargyşlaryň ählisini başyndan inderer+. Ýehowa onuň adyny gök astyndan öçürip taşlar. 21 Ýehowa ony ysraýyl taýpalarynyň arasyndan sogrup, Kanun kitabynda ýazylan ähtiň gargyşlaryny başyndan inderer.
22 Ogullaryňyzyň nesilleri we uzak ýurtdan gelen gelmişekler Ýehowanyň ýurda inderen bela-beterlerini, betbagtçylyklaryny görerler. 23 Ýurduň ot, kükürt we duz bilen weýran edilip, ekin-dikinsiz takrap ýatandygyny, Ýehowanyň gahar-gazap bilen ýok eden Sodom we Gomorra+, Adma we Zeboýym şäherleri+ ýaly bolandygyny görerler. 24 Şonda olaram, başga halklaram: „Ýehowa ýurdy näme üçin beýle ýagdaýa saldyka?+ Ol näme üçin gaharlandyka?“ diýerler. 25 Şonda olara: „Ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa halkyny Müsürden çykaranda äht baglaşypdy+. Olar bolsa şol ähti bozdular+. 26 Gidip, başga taňrylara sežde etdiler. Hudaýyň gadagan eden, özleriniň-de tanamaýan taňrylaryna tagzym etdiler+. 27 Ýehowanyň ýurda gahar-gazaby lowlap, kitapda ýazylan gargyşlary olaryň başyndan inderdi+. 28 Ýehowa gahar-gazapdan ýaňa olary ýurtdan köki bilen sogrup taşlady+, başga ýurda, häzirki ýaşap ýören ýerlerine sürgün etdi“+ diýip aýdarlar.
29 Ýehowa Hudaýymyz ähli gizlin syrlary bilýändir+. Emma ol Kanundaky tabşyryklary bize we geljekki nesillerimize açýar, şonuň üçin olary berjaý ediň+.
30 Şu aýdan zatlarym berjaý bolanda, Ýehowa Hudaý sizi halklaryň arasyna+ dargadanda, alkyş* we gargyş+ baradaky sözlerimi ýatlarsyňyz+. 2 Şonda özüňiz hem, ogullaryňyz hem bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz*+ bilen Ýehowa Hudaýyňyza dolanyp+, men arkaly beren tabşyryklaryna gulak assaňyz, 3 Ýehowa Hudaýyňyz rehim edip+, ýesirleri yzyna getirer+. Ýehowa Hudaýyňyz sizi dargadan halklarynyň arasyndan ýygnar+. 4 Ýeriň aňry ujuna çenli dargan bolsaňyz-da, Ýehowa Hudaýyňyz sizi ýygnap, yzyňyza getirer+. 5 Ýehowa Hudaýyňyz sizi ata-babalaryňyzyň miras alan ýurduna getirer, ýurda eýe çykarsyňyz. Ol eşretli durmuş berip, sanyňyzy ata-babalaryňyzdan hem köpelder+. 6 Ýehowa Hudaýyňyz siziň we nesilleriňiziň ýüregini arassalar*+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyzy bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen söýüp, uzak ýaşarsyňyz+. 7 Gargyşlary bolsa Ýehowa Hudaýyňyz sizi ýigrenýän we yzarlaýan duşmanlaryň başyndan inderer+.
8 Siz Ýehowa dolanyp, gulak asarsyňyz, men arkaly beren tabşyryklaryny berjaý edersiňiz. 9 Ýehowa Hudaýyňyz ähli işiňize bol bereket berip+, ogul-gyzyňyzy, mal-garaňyzy köpelder, topragyňyzy hasylly eder. Ýehowa ata-babalaryňyzy ýalkanda nähili begenen bolsa, sizi gowy ýaşadanda hem şeýle begener+. 10 Sebäbi siz Ýehowa Hudaýyňyza gulak asarsyňyz, Kanun kitabynda ýazylan tabşyryklary, kanunlary berjaý edip, bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen Ýehowa Hudaýyňyza dolanarsyňyz+.
11 Size berýän tabşyrygym kyn ýa-da elýetmez* däldir+. 12 „Kanuny öwrenip, berjaý ederis, ýöne kim göge çykyp, getirip berer?“+ diýer ýaly, kanun gökde däl. 13 Ýa-da: „Kanuny öwrenip, berjaý ederis, ýöne kim deňizden geçip, getirip berer?“ diýer ýaly, deňziň aňyrsynda däl. 14 Kanuny berjaý etmek aňsat bolar ýaly+, ol siziň ýanyňyzda, diliňizde we ýüregiňizde+.
15 Ynha, öňüňizde iki ýol bar: biri ýaşaýşa we ýagşylyga, beýlekisi ölüme we ýamanlyga eltýär+. 16 Eger Ýehowa Hudaýyňyzyň men arkaly berýän tabşyryklaryna gulak asyp, Ýehowa Hudaýyňyzy söýseňiz+, ýolundan ýöräp, tabşyryklaryny, kanunlaryny we hökümlerini berjaý etseňiz, uzak ömür sürersiňiz+, has-da köpelersiňiz. Miras aljak ýurduňyzda Ýehowa Hudaýyňyz üstüňize bereket ýagdyrar+.
17 Emma Hudaýdan daşlaşyp*+, gulak asmasaňyz, özüňizi oýnadyp, başga taňrylara tagzym etseňiz, sežde etseňiz+, 18 bilip goýuň, baryňyz heläk bolarsyňyz+. Iordandan geçip, miras aljak ýurduňyzda uzak ýaşamarsyňyz. 19 Ine, ýer-gök şaýatdyr: öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş* we gargyş goýýaryn+. Ýaşaýşy saýlaň, şonda özüňiz-de, nesilleriňiz-de+ uzak ömür sürer+. 20 Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp+, gulak asyp, wepaly boluň+, sebäbi ýaşaýşyňyz Hudaýa baglydyr. Ýehowa ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren* ýurdunda sizi uzak ýaşadar»+.
31 Musa halkyň öňüne çykyp, şeýle diýdi: 2 «Men eýýäm 120 ýaşadym+. Indiden beýläk size ýolbaşçylyk edip bilmerin, sebäbi Ýehowa maňa: „Iordandan geçmersiň“+ diýdi. 3 Ýehowa Hudaýyňyz öňüňize düşüp, sizi derýadan geçirer, ýurtda ýaşaýan halklary ýok eder+. Siz ýurdy basyp alarsyňyz. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Ýuşa size ýolbaşçylyk edip, derýadan geçirer+. 4 Ýehowa amor hanlary Sihony+ we Ogy+ ýok edişi ýaly, şol halklary-da derbi-dagyn eder+. 5 Ýehowa siziň hatyraňyza olary ýok eder. Olar hakda näme tabşyran bolsam, şony hem ediň+. 6 Batyrgaý hem dogumly boluň!+ Olardan gorkmaň, howsala düşmäň+, Ýehowa Hudaýyňyz ýanyňyzda gider. Ol sizi terk etmez, hiç wagt taşlamaz»+.
7 Soňra Musa Ýuşany çagyryp, halkyň öňünde oňa şeýle diýdi: «Batyrgaý hem dogumly bol+, halky Ýehowanyň ata-babalaryna wada beren* ýurduna sen eltersiň. Ýurdy olara mülk edip berersiň+. 8 Ýehowa öňüňe düşüp gider, hemişe ýanyňda bolar+. Ol seni terk etmez, hiç wagt taşlamaz. Gorkma, howsala düşme»+.
9 Şondan soň Musa Kanuny ýazdy-da+, Ýehowanyň äht sandygyny göterýän lewi ruhanylara we ysraýyl ýaşulularyna berdi. 10 Musa olara tabşyryk berip: «Her ýedi ýyldan, Azatlyk ýylynda+ Çatma baýramyny bellärsiňiz+. 11 Ähli ysraýyllar Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gelip, huzurynda durar+. Şonda Kanuny tutuş halka eşitdirip okaň+. 12 Uludan-kiçä hemmäni+: erkekleri, aýallary, çagalary*, şäheriňizde ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Goý, olar Kanuny diňläp, Ýehowa Hudaýyňyz hakda bilsin, Hudaýdan gorkmagy we tabşyryklary berjaý etmegi öwrensin. 13 Şonda olaryň Kanuny bilmeýän ogullary-da diňläp+, Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkmagy öwrener we Iordandan geçip, miras aljak ýurduňyzda hemişe Hudaýdan gorkup ýaşar»+ diýdi.
14 Soňra Ýehowa Musa: «Indi seniň ölümiň golaýlap gelýär+. Ýuşany çagyr-da, ýygnak çadyryna* gir. Ýuşany baştutan belläýin»+ diýdi. Musa bilen Ýuşa ýygnak çadyryna girdi. 15 Ýehowa mukaddes çadyrda bulut sütüninde peýda boldy. Bulut sütüni çadyryň agzynda durdy+.
16 Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Sen biraz wagtdan aradan çykarsyň. Halk bolsa barjak ýurdunda maňa biwepalyk edip, başga taňrylara sežde edip başlar+. Olar menden ýüz öwrüp+, baglaşan ähtimi bozarlar+. 17 Şonda gahar-gazaba münüp+, menem olardan ýüz öwrerin+. Bary heläk bolýança, olara nazar salmaryn+. Kyn güne düşüp, görgi baryny görenlerinde+: „Hudaý bizden el çekdi*, şonuň üçin başymyza şeýle kyn günler düşdi“+ diýerler. 18 Emma başga taňrylara sygynyp, erbet işleri edendikleri üçin, olara asla nazar salmaryn+.
19 Indi bolsa şu aýdymy ýazyp alyň-da+, ysraýyllara öwrediň+, goý, olar aýdymy ýat tutsun. Aýdym ysraýyl halkyna duýduryşlarymy ýatladar*+. 20 Olary ata-babalaryna wada beren* ýurduma+, süýt bilen bal akýan ýurda eltenimde+, bolelin iýip, gowy ýaşap başlarlar+. Şonda meni äsgermezlik edip, ähtimi bozarlar+, başga taňrylara sygnyp, sežde ederler. 21 Kyn güne düşüp, görgi baryny görenlerinde+, şu aýdym olara duýduryşlarymy ýatladar*. Aýdymy hatda olaryň nesilleri-de unutmasyn. Halkymy heniz wada beren* ýurduma eltmesem-de, ýüreginde näme niýetiniň bardygyny gowy bilýärin»+.
22 Şol gün Musa aýdymy ýazyp, ysraýyllara öwretdi.
23 Ol* Nun ogly Ýuşany baştutan belläp+: «Batyrgaý hem dogumly bol+, halky wada beren* ýurduma sen eltersiň+. Men hemişe ýanyňda bolaryn» diýdi.
24 Musa Kanunyň sözlerini kitaba doly ýazyp+, 25 Ýehowanyň äht sandygyny göterýän lewilere şeýle tabşyryk berdi: 26 «Kanun kitabyny alyň-da+, Ýehowa Hudaýyňyzyň äht sandygynyň gapdalynda goýuň+. Kanun size duýduryşlarymy ýatladyp durar*. 27 Siziň başbozar+ we kesir halkdygyňyzy+ gowy bilýärin. Şu wagt men dirikäm, Ýehowa şeýle garşy çykýan bolsaňyz, ölsem dagy näme bolar?! 28 Ähli taýpalaryň ýaşululary we ýolbaşçylary ýanyma gelsin. Men ýeri-gögi şaýat tutunyp, şu zatlary olara aýdaýyn+. 29 Sebäbi ölenimden soň, siziň azyp+, öwreden ýolumdan sowuljakdygyňyzy bilýärin. Gelejekde başyňyza betbagtçylyk iner+, sebäbi siz Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip, etmişleriňiz bilen Hudaýy ynjydarsyňyz*».
30 Soňra Musa aýdymy bütin halka eşitdirip, başdan-aýak aýdyp başlady+:
32 «Söz sözläýin, gulak as, eý asman,
Aýtjak sözlerim diňle, eý zemin.
2 Öwüt-nesihatym ýagyş deý ýagar,
Sözlerim säher çygy deý düşer,
Gök otlara ýagan ýagyş deý bolar,
Gülzarlygy suwarýan çabga deý bolar.
3 Ýehowanyň adyny yglan ederin+.
Beýik Hudaýymyz hakda jar ediň!+
5 Olar ýamanlyga ýüz urdy+.
Indi Hudaýyň perzendi däl, muňa özleri günäkär+.
Ýalançy hem bozuk nesil!+
Ol sizi ýokdan bar eden Ataňyz+,
Ýaşaýyş berip, aýaga galdyran Hudaýyňyz dälmi?
7 Öten-geçenleri ýatlaň,
Köneleriň döwrüne ser salyň.
Ataňyzdan soraň, aýdyp bersin+,
Ýaşulularyňyz gürrüň bersin.
8 Allatagala halklara miras paýlanda+,
Adam atanyň ogullaryny* dargadanda+,
Halklara çäk goýup+,
Ysraýyl ogullarynyň hersine mülk berdi+.
11 Jüýjelerini höwürtgesinden çykaryp,
Üstlerinde pena bolup uçýan,
Ganat ýaýyp, arkasyna alýan,
Jüýjelerini ganatynda göterýän bürgüt deý+,
12 Ýehowanyň özi Ýakuba ýol görkezdi+.
Ýanynda başga taňry ýokdy+.
Gaýadan damýan bal,
Kert gaýadan akýan ýag bilen doýurdy.
14 Sygyr süýdüniň ýagy, goýun-geçiniň süýdi,
Semiz goýunlar,
Başan goçlary we tekeler bilen doýurdy,
Ak bugdaý iýdirip+,
Üzüm şiresinden* şerap içirdi.
Sen semrediň, mesirgäp, çişip başladyň+.
Ol Ýaradany, Hudaýy unutdy+,
Halasgär Arkadagyny äsgermezlik etdi.
17 Hudaýa däl-de, jynlara,
Tanamaýan hudaýlaryna,
Ýaňy-ýakynda dörän,
Ata-babalarynyň hem bilmeýän taňrylaryna gurbanlyk berdiler+.
19 Ýehowa muny görüp, olary terk etdi+.
Sebäbi ogul-gyzlary göwnüne degdi.
20 Şonda Hudaý diýdi: „Olardan ýüzümi sowaryn+,
Ne günlere düşjekdigini görerin.
Sebäbi olar azgyn, biwepa nesil+.
22 Gazabym lowlaýan otdur+,
Mazaryň* düýbüne çenli ýakyp ýandyrar+.
Topragy hasyly bilen ýalmap ýuwudar,
Daglaryň düýbüni ýakyp kül eder.
23 Olara görgi baryny görkezerin,
Üstlerine ok ýagdyraryn.
25 Daşarda gylyçdan+,
Öýde gorkudan heläk bolarlar+.
Ýigidiň-de, gyzyň-da,
Bäbegiň-de, gojanyň-da görjegi şudur+.
26 Wah, şonda: „Olary dargadaryn,
Halklar arasyndan ýitirim ederin“ diýerdim.
Ýogsam duşmanlar: „Öz güýjümiz bilen ýeňdik+,
Ýehowanyň işi däl“ diýerler.
29 Käşgä olar paýhasly bolsady!+ Azda-kände pikirlenerdi+,
Etjek işiniň netijesi hakda oýlanardy+.
30 Ysraýylyň Arkadagy duşman eline bermedik bolsa+,
Ýehowa olary terk etmedik bolsa,
Duşmanyň bir esgeri 1 000 esgeri kowalardymy?
Iki esgeri 10 000 esgeri ýeňerdimi?+
31 Duşmanlaryň daýanjy Arkadagymyza taý gelmeýär+,
Muňa duşmanlaryň özi-de göz ýetirýär+.
32 Halkyň üzümi Sodomyňky deý,
Üzümligi Gomorranyňky+ deý boldy.
Üzümleri zäher,
Salkymy ajy+,
33 Şeraplary ýylan zäheri,
Kepjebaşyň ölüm howply awusy.
34 Etmişlerini möhürledim,
Ammarymda saklaýaryn+.
35 Öç meniňkidir, ar alýan mendirin+,
Wagty gelende aýaklary taýar+,
Heläk boljak günleri ýakyndyr,
Jebir çekjek günleri ýetip gelýär“.
37 Şonda ol diýer: „Hany, olaryň taňrylary?+
Pena gözlän howandary?
38 Taňrylary gurbanlyk ýagyndan* doýupdy,
Şerap sadakalaryny içipdi+.
Şol taňrylar turup, kömek etsin-dä,
Size pena bolsun-da!
Öldürýänem, direldýänem+,
40 Elimi göge galdyryp:
„Men ebedi şaýatdyryn“ diýip ant içýärin+,
41 Lowurdaýan gylyjymy ýitelderin,
Elimi höküm üçin galdyraryn+.
Duşmandan ar alaryn+,
Meni ýigrenýäniň almytyny bererin.
42 Ölenleriň, ýesirleriň ganyndan
Oklarymy serhoş ederin.
Duşmanyň hanlarynyň kellesini alaryn,
Gylyjymy etden doýraryn“.
43 Eý milletler, Hudaýyň halky bilen şatlanyň+,
Ol gullarynyň gany üçin ar alar+,
Duşmanlaryň almytyny berer+.
Halkynyň watanyny günäden arassalar».
44 Musa Nun ogly Hoseýa*+ bilen gelip, aýdymyň sözlerini halka aýdyp berdi+. 45 Musa sözüni jemläp, ysraýyllara 46 şeýle diýdi: «Size berýän duýduryşlarymy ýürekden kabul ediň+. Şonda ogullaryňyza-da Kanuny birkemsiz berjaý etmegi öwredersiňiz+. 47 Aýdýan zatlarym boş söz däldir, siziň ýaşaýşyňyz şoňa bagly+, eger gulak assaňyz, Iordandan geçip, miras aljak ýurduňyzda uzak ömür sürersiňiz».
48 Şol gün Ýehowa Musa bilen gepleşip, şeýle diýdi: 49 «Ýerihonyň garşysynda, Mowap ýurdundaky Abarymda+ ýerleşýän Nebo dagyna+ çyk-da, ysraýyllara mülk edip berjek Kengan ýurdumy synla+. 50 Soňra şol dagda aradan çykarsyň. Doganyň Harun hem Hor dagynda+ aradan çykypdy. 51 Sebäbi ikiňizem Zin çölünde, Kadeşdäki Meriba çeşmesinde+ halkyň öňünde maňa biwepalyk etdiňiz. Ysraýyllaryň öňünde meni şöhratlandyrmadyňyz*+. 52 Sen ysraýyllara berjek ýurdumy uzakdan görersiň, ýöne girmersiň»+.
33 Hak Hudaýyň guly Musa ölmezinden öň, ysraýyllara ak pata berip+, 2 şeýle diýdi:
«Ýehowa Sinaýdan geldi+,
Halkyna Segirden şöhle saçdy.
Şöhrata beslenip, Paran daglaryndan nur saçdy+.
Ýanynda müňlerçe mukaddesleri*+,
Sagynda batyr esgerleri bardy+.
Dyzyňda* oturyp+, sözüňi diňleýär+.
7 Musa Ýahuda şeýle ak pata berdi+:
«Eý Ýehowa, Ýahudanyň dilegini eşit+,
Halkynyň arasyna getir.
Ol gaýratly göreşip, hakyny gidirmedi,
Duşmanlaryny ýeňmäge kömek et»+.
8 Soňra Lewi hakda şeýle diýdi+:
Meriba çeşmesinde jedelleşdiň+.
9 Lewi ene-atasyndan ýüz görmedi,
Dogan-garyndaşym bar diýmedi+,
Ogullaryndan hem geçip,
Sözüňi berjaý etdi,
Ähtiňi bozmady+.
11 Eý Ýehowa, onuň güýjüne güýç goş,
Edýän işlerinden razy bol,
Garşy çykýanlaryň aýagyny* döw,
Duşmanlary gaýdyp aýaga galmasyn».
12 Benýamin hakda şeýle diýdi+:
«Ýehowanyň eý görýäni asuda ýaşasyn,
Bütin gün onuň penasynda bolsun,
Iki egniniň arasynda ýaşasyn».
13 Ýusup hakda şeýle diýdi+:
«Ýehowa topragyna bereket bersin+,
Asmanyň genji-hazynasyny,
Säher çygyny, gaýnap çykýan çeşme-çaýlary+,
14 Gün çoguna bitýän miweleri,
Her aý ýetişýän bol hasyly+,
15 Gojaman daglaryň* baýlygyny+,
Ebedi depeleriň hazynasyny,
16 Ýer ýüzüniň ähli baýlygyny bersin+.
Ýandakda görnen Hudaý ondan razy bolsun+.
Goý, şu bereketler Ýusubyň başyna,
Doganlaryndan saýlananyň täjine ýagsyn+.
17 Ol ilkinji doglan öküz deý haýbatlydyr,
Şahlary ýabany öküziň şahy kimindir.
Şahy bilen halklary süser,
Ýeriň aňry ujuna äkider.
Bir şahy — Efraýymyň+ 10 000 esgeri,
Beýlekisi — Manaşanyň 1 000 esgeri».
18 Zebulun hakda şeýle diýdi+:
«Şatlan, eý Zebulun, ýola düşeniňde,
Şatlan, eý Ysahar, çadyrlaryňda+.
19 Olar halklary daga çagyrar,
Dogrulyk gurbanlaryny berer.
Deňizdäki dürdäneleri alar,
Gumda gömlen hazynalary çekip çykarar».
20 Gad hakda şeýle diýdi+:
«Gadyň mülküni giňeldeniň döwleti artsyn!+
Gad öz mülkünde arslan deý ýatar,
Awunyň goluny, kellesini goparyp taşlar.
Halk baştutanlary jemlener.
Ol Ýehowanyň adalatyny dikelder,
Ysraýyl üçin hökümini amala aşyrar».
22 Dan hakda şeýle diýdi+:
«Dan ýolbars çagasy kimindir+,
Başandan okdurylyp çykar»+.
23 Naftaly hakda şeýle diýdi+:
«Ýehowany razy edýän,
Bol berekedini alýan Naftaly,
Günbatarda we günortada mesgen tut!»
24 Aşer hakda şeýle diýdi+:
«Goç-goç ogully Aşerden
Doganlary hoşal bolsun,
Goý, ol aýagyny ýaga ýuwsun*.
25 Derwezäň kiltleri demirden, misden+,
Ömürboýy asuda ýaşarsyň.
26 Ýeşurunyň+ hak Hudaýyna taý geljek ýok!+
Ol gökleri aşyp, dadyňa ýetişýär.
Bulutlar üstünden şan-şöhraty bilen gelýär+.
28 Ysraýyl asuda ýaşar,
Gallasy, täze şeraby köp bolar+.
Topragyna säher çygy düşer+,
Ýakubyň nesli* erkana ýaşar.
29 Sen nähili bagtly, eý ysraýyl!+
Ol seniň galkanyň+, şöhratly gylyjyň.
Duşmanlar gorkudan dyza çökerler+,
Sen olaryň arkasyndan* basarsyň».
34 Musa Mowap düzlüginden Nebo dagyna+, Ýerihonyň+ garşysynda ýerleşýän Pisganyň depesine+ çykdy. Şonda Ýehowa Musa tutuş ýurdy, Gileaddan tä Dana+ çenli, 2 Naftaly, Efraýym we Manaşa topraklaryny, günbatar deňzine*+ çenli uzalýan Ýahuda topragyny, 3 Negebi+, bütin Iordan topragyny+, palma agaçly Ýerihon şäheriniň jülgesinden tä Sogara+ çenli aralygy görkezdi.
4 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba: „Şu ýurdy seniň nesliňe bererin“+ diýip ant içipdim. Ine, ýurdy saňa görkezdim, ýöne oňa girmersiň»+.
5 Şeýlelikde, Ýehowanyň guly Musa Mowap ýurdunda aradan çykdy. Ýehowanyň aýdyşy ýaly-da boldy+. 6 Ol* Musany Beýtpegoryň garşysynda, Mowapdaky jülgede jaýlady. Emma Musanyň jaýlanan ýerini häzire çenli hiç kim bilmeýär+. 7 Musa aradan çykanda 120 ýaşyndady+. Onuň gözi kütelmändi, güýç-gurbaty gaçmandy. 8 Ysraýyllar Mowap düzlüginde 30 günläp Musanyň ýasyny tutdular+. Şeýlelikde, Musanyň ýas günleri tamamlandy.
9 Musa Nun ogly Ýuşanyň başyna elini goýupdy+, şonuň üçin Ýuşa has-da paýhasly bolupdy*. Ysraýyllar Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly edip, Ýuşa gulak asyp başladylar+. 10 Emma Ysraýylda Musa ýaly+ Ýehowa bilen ýüzbe-ýüz gepleşen+ pygamber bolmady. 11 Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, Müsüre gidip, faraona, hyzmatkärlerine, tutuş ýurduna alamatlar we gudratlar görkezipdi+. 12 Ysraýyllaryň öňünde kuwwatly goly bilen täsin işleri edipdi+.
Sözme-söz: aralygynda.
Liwan daglary göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: tejribeli.
Ýa-da: tejribeli.
Diňli diwarly şäherler göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: ant içen.
Sözme-söz: öňüňde duran.
Başga manysy: Hudaý ony berkitdi.
Ýa-da: ýagşy-ýamany.
Sözme-söz: daban.
Sözme-söz: elini olara garşy göterip.
Ýagny Krit.
Başga manysy: gara daşdan.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Manysy: Ýaýyryň çadyrly obalary.
Ýagny Öli deňzi.
Sözme-söz: dynçlyk berer.
Ýa-da: beýikligiňi.
Sözme-söz: günbatara, demirgazyga, günorta we gündogara.
Sözme-söz: beýik halkyň.
Sözme-söz: beýik halkyň.
Sözme-söz: gögüň goşunlaryny.
Sözme-söz: demir eredýän peçden.
Ýa-da: gabanjaň; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýän.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ant içip baglaşan.
Ýa-da: ýatlatmalary.
Ýagny Duz deňzi ýa-da Öli deňzi.
Ýa-da: gabanjaň; diňe özüme wepaly bolmagy talap edýärin.
Ýa-da: üçünji we dördünji nesline.
Ýa-da: wepaly söýgimi bildirýärin.
Ýa-da: mynasyp bolmadyk tärde.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýüreginde hemişe menden gorky bolsa.
Ýa-da: Çadyryňyza.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: bar zadyňyz; serişdäňiz.
Sözme-söz: ogullaryňyzyň.
Ýa-da: gaýta-gaýta öwrediň.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: gabanjaňdyr; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýändir.
Ýa-da: ýatlatmalaryny.
Ýa-da: yhlasly.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: dogruçyl adam hasaplanarys.
Ýa-da: äht.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: genji-hazynasy; hususy emlägi.
Ýa-da: ähtini berjaý edýän.
Ýa-da: wepaly söýgüsini bildirýändir.
Ýa-da: ant içişi.
Ýa-da: wepaly söýgüsini saklar.
Ýa-da: höküm çykarypdy.
Başga manysy: gorka salar.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: Iýip doýanyňyzda.
Ýa-da: Iýip doýanyňyzda.
Ýa-da: ant içip baglaşan.
Ýa-da: yzyna eýerseňiz.
Sözme-söz: bu gün size garşy şaýatlyk edýärin.
Diňli diwarly şäherler göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: halal; dogruçyl.
Ýa-da: içen antyny.
Sözme-söz: barmagy.
Ýa-da: guýma but.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ata-babalaryňyza ýakynlaşyp.
Sözme-söz: sünnetläň.
Ýa-da: berk ýapyşyň.
Ýa-da: hemişelik; bütinleý.
Ýa-da: ant içen.
Sözme-söz: bag-bakja suwarýan ýaly aýagyňyz bilen suwarýardyňyz. Aýagyň bilen çarhy aýlamak ýa-da suwuň böwedini açmak göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: yhlasly.
Sözlüge serediň.
Hudaý göz öňünde tutulýar.
Hudaý göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: möhürläň.
Ýa-da: ant içen.
Sözme-söz: asman ýeriň üstünde näçe wagt dursa.
Ýa-da: berk ýapyşsaňyz.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Ýa-da: bereket.
Ýa-da: bereket.
Ýa-da: bereket.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: dogry hasaplaýan zadyny.
Sözme-söz: dynçlyk berip.
Sadaka hökmünde aýrylan zatlar göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: berk ýapyşyň.
Ýa-da: ony gorama.
Ýa-da: ant içişi.
Ýa-da: maňlaýyňyzy.
Ýa-da: genji-hazynasy; hususy emlägi.
Çölde ýaşaýan goşa toýnakly, gäwüş gaýtarýan keýige meňzeş süýdemdiriji haýwan.
Ýa-da: algylaryň geçilmelidigi yglan edilmelidir.
Ýa-da: eli açyk.
Ýa-da: eli açyk.
Ýa-da: birini size gul ýa gyrnak edip satsalar.
Ýa-da: ýokuş görmäň; gynanmaň.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Sözme-söz: çadyrlaryňyza.
Ýa-da: sowgat.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: gögüň goşunlaryna.
Ýa-da: serdaryň.
Malyň öň aýagy göz öňünde tutulýar.
Ýagny Ýehowa sežde edilýän ýer.
Ýa-da: iýmit.
Ýa-da: tebipçilik.
Ýa-da: arwah-jynlary çagyrýana.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: aýypsyz.
Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşy.
Ýa-da: wepaly.
Ýa-da: bukudan duýdansyz.
Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşynyň.
Ýa-da: açyk meýdanda.
Urkaçy mal göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: döwsünler.
Sözme-söz: ýesirlik.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: adamy Hudaý näletländir.
Ýa-da: iki dürli.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: atasy öýünde.
Ýa-da: ýatandygy mälim bolsa.
Ýa-da: açyk meýdanda.
Ýa-da: başyny-gözüni aýlap.
Sözme-söz: onunjy nesline çenli.
Ýa-da: berekede.
Ýa-da: nesliniň üçünji arkasy.
Ýa-da: erbetlikden.
Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Sözme-söz: itiň-de.
Sözlüge serediň.
Diňe pul däl-de, zat hem göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: hudaýhon; dogruçyl.
Ýa-da: äriniň tohum-tijinden bolmadyk adama.
Sözme-söz: merhumyň adyny göterer.
Ýa-da: hojalygyny dikeltmeýän.
Sözme-söz: adyna.
Sözme-söz: çuwal. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: dynçlyk berende.
Ýa-da: ant içen.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: öljek-öljek bolup.
Sözme-söz: arameýdi.
Ýa-da: ant içişiň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: genji-hazynasy; hususy emlägi.
Ýa-da: halkydygyňyzy subut etseňiz.
Sözme-söz: döreden ähli halklaryndan.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ümsüm boluň.
Ýa-da: ak pata bermek.
Ýa-da: ussanyň.
Ýa-da: Goý, şeýle bolsun!
Şu bapda «ýanaşmak» diýlende, jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: Bukudan duýdansyz topulyp.
Ýa-da: para.
Sözme-söz: yzyňyzdan ýeter.
Sözme-söz: Girseňiz-de, çyksaňyz-da.
Sözme-söz: ýedi tarapa.
Sözme-söz: bermegi buýrar.
Ýa-da: ant içişi.
Sözme-söz: Ýehowa sizi guýruk däl, baş eder. Siz pesde däl, beýikde bolarsyňyz.
Sözme-söz: yzyňyzdan ýeter.
Ýa-da: göläňize, owlak-guzyňyza.
Sözme-söz: Girseňiz-de, çyksaňyz-da.
Sözme-söz: menden.
Sözme-söz: kesel size ýapyşar.
Sözme-söz: yzyňyzdan galmaz.
Sözme-söz: ýedi tarapa.
Ýa-da: gemorroýdan.
Ýa-da: Görýän zatlaryňyzdan.
Sözme-söz: Olaryň dilinde nakyl bolarsyňyz.
Sözme-söz: Ol baş bolar, siz bolsa guýruk bolarsyňyz.
Sözme-söz: yzyňyzdan galmaz.
Ýa-da: bil baglap.
Ýa-da: näzik. Gurply ýaşap, hiç hili kösençlik görmedik adam göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: aýagyny ýere basmaýan.
Ýa-da: hemrasyny-da.
Ýa-da: haýbatly; gorkunç.
Sözme-söz: olar size ýapyşar.
Ýa-da: görýän zatlaryňyzdan.
Sözme-söz: ýürek.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Ýa-da: ýüregi daşlaşyp.
Ýa-da: ýolundaky bar zady weýran eder.
Ýa-da: bereket.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: sünnetlär.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: uzakda.
Ýa-da: ýüregiňiz daşlaşyp.
Ýa-da: bereket.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: ant içen.
Ýaňy ýöräp başlan çagalar hem göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: aramyzda ýok.
Sözme-söz: ysraýyl halkyna garşy şaýadym bolar.
Ýa-da: ant içen.
Sözme-söz: garşy şaýat bolar.
Ýa-da: ant içen.
Hudaý göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: ant içen.
Sözme-söz: garşy şaýat bolar.
Ýa-da: göwnüne degersiňiz.
Başga manysy: Ynsanlary.
Sözme-söz: ganyndan.
Manysy: Halal; dogry. Ysraýylyň hormatly ady.
Ýa-da: meni gabandyrdylar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: süýrenijileri.
Başga manysy: maslahaty eşitmeýän.
Ýa-da: gurbanlygyň gowusyndan.
Ýuşanyň hakyky ady. «Hoşaýar» adynyň gysga görnüşi. Manysy: Ýahyň halas edeni; Ýah halas etdi.
Sözme-söz: mukaddes etmediňiz.
Ýa-da: on müňlerçe mukaddesleri.
Sözme-söz: Aýagyň ýanynda.
Sözme-söz: ýygnagyna.
Manysy: Halal; dogry. Ysraýylyň hormatly ady.
Sözlüge serediň: Urym we tummym.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: bilini.
Başga manysy: Gündogar daglaryň.
Ýa-da: batyrsyn.
Sözme-söz: çeşmesi.
Başga manysy: belent depelerini.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Hudaý göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: akyldarlyk ruhundan dolupdy. Ýagny Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly berilýän akyldarlyk.