Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt 1 Patyşalar 1:1—22:53
  • 1 Patyşalar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 1 Patyşalar
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
1 Patyşalar

BIRINJI PATYŞALAR KITABY

1 Dawut patyşa garrap+, ýaşy bir çene ýetipdi. Üstüni näçe basyrsalar⁠-⁠da, ýylnyp bilmeýärdi. 2 Hyzmatkärleri: «Patyşahym, rugsat berseňiz, size sereder ýaly bir gyz tapaly. Goý, ol ýanyňyzda ýatyp, sizi ýylatsyn» diýdiler. 3 Şeýlelikde, olar tutuş Ysraýyldan owadan gyz gözlediler. Ahyry şunemli+ Abyşagany+ tapyp, patyşanyň ýanyna getirdiler. 4 Ol juda owadan gyzdy. Abyşaga Dawut patyşanyň ýanynda bolup, hyzmat edip başlady. Emma patyşa Abyşaga ýanaşmaýardy*.

5 Şol wagtlar Haggytyň ogly Adonyýar+ hondanbärsi bolup: «Men patyşa bolaryn!» diýip öwünýärdi. Onuň şa arabasy bilen atlylary bardy, 50 sany nöker* hem tutunypdy+. 6 Kakasy bolsa oňa hiç hili gaty⁠-⁠gaýrym söz aýtmazdy*, edenine däl diýmezdi. Adonyýar Abselimden soň doglupdy, özem örän görmegeýdi. 7 Ol Seruýanyň ogly Ýowap we Abyýatar+ ruhany bilen maslahatlaşardy, olaram ony goldap, kömek ederdiler+. 8 Emma Sadyk+ ruhany, Ýehoýadanyň ogly Binaýa+, Natan pygamber+, Şimeý+, Reý we Dawudyň gaýduwsyz esgerleri+ Adonyýary goldamaýardy.

9 Bir gün Adonyýar En⁠-⁠rogeliň golaýynda duran Sohelet daşynyň ýanynda goýunlary, öküzleri, semiz mallary gurbanlyk berdi+. Şonda ol doganlaryny, patyşanyň ähli ogullaryny we Dawut patyşa hyzmat edýän ýahudalary çagyrdy. 10 Ýöne Natan pygamberi, Binaýany, Dawudyň gaýduwsyz esgerlerini we dogany Süleýmany çagyrmady. 11 Şonda Natan+ Süleýmanyň ejesi+ Batşeba+ şeýle diýdi: «Haggytyň ogly Adonyýaryň+ patyşa bolanyny eşitdiňmi? Dawut patyşanyň bolsa mundan habaram ýok. 12 Indi berjek maslahatyma gulak goý, özüňi hem⁠-⁠de ogluň Süleýmany halas et+. 13 Dawut patyşanyň ýanyna baryp: „Patyşahym, sen gyrnagyňa: „Menden soň ogluň Süleýman patyşa bolup, tagta çykar“+ diýip söz beripdiň*. Onda näme üçin Adonyýar patyşa boldy?“ diý. 14 Patyşa bilen gepleşip durkaň, men hem baryp, aýdanlaryňy tassyklaryn».

15 Batşeba patyşanyň ýanyna gidip, ýatan otagyna girdi. Patyşa garrapdy, oňa şunemli Abyşaga+ seredýärdi. 16 Batşeba baş egip, patyşa tagzym etdi. Patyşa: «Näme haýyşyň bar?» diýip sorady. 17 Batşeba: «Hojaýyn, sen gyrnagyňa: „Menden soň ogluň Süleýman patyşa bolup, tagta çykar“+ diýip, Ýehowa Hudaýyň adyndan ant içipdiň. 18 Indi bolýan zatlara seret! Adonyýar patyşa boldy, şa hezretleriniň bolsa mundan habaram ýok+. 19 Adonyýar birgiden öküzleri, semiz mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ähli ogullaryny, Abyýatar ruhany bilen Ýowap goşunbaşyny çagyrypdyr+, guluň Süleýmany bolsa çagyrmandyr+. 20 Patyşahym, tutuş Ysraýyl gözüni saňa dikip otyr. Olar şa hezretleriniň özünden soň kimi tagta çykarjakdygyny bilesi gelýär. 21 Eger aýtmasaň, sen aradan çykanyňdan soň, olar meni⁠-⁠de, oglum Süleýmany⁠-⁠da duşman hasaplar» diýdi.

22 Batşeba patyşa bilen gepleşip durka, Natan pygamber geldi+. 23 Şonda: «Natan pygamber geldi» diýip, patyşa habar berdiler. Natan pygamber içerik girdi⁠-⁠de, patyşanyň öňünde dyza çöküp, tagzym etdi. 24 Soňra ol: «Patyşahym, siz: „Menden soň Adonyýar patyşa bolup, tagta çykar“+ diýdiňizmi? 25 Ol birgiden öküzleri, semiz mallary, goýunlary gurbanlyk bermäge+ gidip, patyşanyň ähli ogullaryny, serkerdeleri, Abyýatar ruhanyny çagyrypdyr+. Olar: „Ýaşasyn Adonyýar patyşa!“ diýip, Adonyýar bilen iýip⁠-⁠içip otyrlar. 26 Emma ol ne meni*, ne Sadyk ruhany bilen Ýehoýadanyň ogly Binaýany+, ne⁠-⁠de guluňyz Süleýmany çagyrdy. 27 Eger ähli zat patyşanyň emri bilen bolýan bolsa, şa hezretleri özünden soň kimiň tagta çykjakdygyny maňa* näme üçin aýtmadyka?» diýdi.

28 Şonda Dawut: «Batşebany çagyryň» diýdi. Batşeba içerik girip, patyşanyň huzurynda durdy. 29 Patyşa ant içip: «Meni ähli bela⁠-⁠beterlerden halas eden Ýehowa Hudaý+ diri şaýatdyr, 30 saňa Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyndan ant içip: „Menden soň ogluň Süleýman patyşa bolup, tagta çykar“ diýip beren sözümi şu günüň özünde ýerine ýetirerin» diýdi. 31 Batşeba baş egip, tagzym etdi⁠-⁠de: «Ömrüň uzak bolsun, patyşahym!» diýdi.

32 Şonda Dawut patyşa: «Sadyk ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň+ ogly Binaýany+ çagyryň» diýdi. Olar patyşanyň huzuryna geldiler. 33 Patyşa: «Köşkdäki hyzmatkärleri ýanyňyza alyň⁠-⁠da, oglum Süleýmany meniň gatyryma mündürip+, Gihona+ äkidiň. 34 Şol ýerde Sadyk ruhany bilen Natan pygamber Süleýmany Ysraýyla patyşa bellesin*+. Sizem surnaý* çalyň⁠-⁠da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň+. 35 Soňra Süleýmany bärik getirip, tagtymda oturdyň. Ol meniň ýerime patyşa bolar. Men ony Ysraýyla hem Ýahuda baştutan edip goýaryn» diýdi. 36 Şonda Ýehoýadanyň ogly Binaýa: «Patyşahym, aýdyşyňyz ýaly ederis!* Goý, şa hezretleriniň Hudaýy Ýehowa işimizi oňlasyn! 37 Ýehowa şa hezretlerini goldaýşy ýaly, Süleýmany⁠-⁠da goldasyn!+ Süleýmanyň tagtyny Dawut patyşamyzyň tagtyndan⁠-⁠da beýgeltsin!»+ diýdi.

38 Şeýlelikde, Sadyk ruhany, Natan pygamber, Ýehoýadanyň ogly Binaýa+, keretler bilen peletler*+ Süleýmany Dawut patyşanyň gatyryna mündürip+, Gihona+ äkitdiler. 39 Sadyk ruhany çadyrdan+ ýagly gaby*+ aldy⁠-⁠da, Süleýmanyň başyna ýag guýdy+. Soňra surnaý çalyp başladylar. Tutuş halk: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyrdy. 40 Adamlar gargy tüýdük çalyp, şatlyk⁠-⁠şowhun bilen Süleýmanyň yzyna düşüp gaýtdylar. Olaryň şowhunly seslerinden ýer sarsyp gitdi*+.

41 Adonyýar bilen myhmanlar hem şowhunly sesleri eşitdi, şol wagt olar ýaňy çörek iýip bolupdy+. Ýowap surnaý sesini eşidip: «Şäherdäki goh⁠-⁠galmagal nämekä?» diýdi. 42 Ol heniz gepläp durka, Abyýatar ruhanynyň ogly Ýonatan+ geldi. Adonyýar: «Gel, özüň⁠-⁠ä gowy adam, gowy habaram getirensiň» diýdi. 43 Ýonatan şeýle diýdi: «Ýok, getiren habarym⁠-⁠a gowy däl. Şa hezretleri Dawut öz ýerine Süleýmany patyşa belledi. 44 Patyşa Süleýmanyň ýanyna Sadyk ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Binaýany, keretler bilen peletleri* goşup goýberdi. Olar Süleýmany patyşanyň gatyryna mündürip äkitdiler+. 45 Sadyk ruhany bilen Natan pygamber Süleýmany Gihonda patyşa bellediler. Soňra olar şatlyk⁠-⁠şagalaň edip, yzlaryna geldiler. Şu wagt tutuş şäheriň ilaty begenip, baýram edip ýör. Olaryň sesini eşidensiňiz. 46 Süleýman şa tagtynda otyr. 47 Emeldarlar bolsa Dawut patyşany gutlap: „Goý, Hudaý Süleýmanyň adyny seniňkiden⁠-⁠de has arşa galdyrsyn! Tagtyny seniňkiden⁠-⁠de beýgeltsin!“ diýdiler. Patyşa ýatan ýerinden dikelip, tagzym etdi. 48 Soňra patyşa: „Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Bu gün ol oglumy meniň ýerime tagta çykardy, muny öz gözüm bilen görmek miýesser etdi!“ diýdi».

49 Şonda Adonyýaryň çagyran myhmanlary gorkudan ýaňa sandyraşyp, ýerinden turdular⁠-⁠da, hersi öz ýoly bilen gitdiler. 50 Adonyýar bolsa Süleýmandan gorkup, gurbanlyk ojagynyň* ýanyna bardy⁠-⁠da, şahlaryndan ýapyşdy+. 51 Süleýmana: «Adonyýar Süleýman patyşadan gorkusyna gurbanlyk ojagynyň şahlaryndan ýapyşyp dur. Ol: „Süleýman patyşa meni* öldürmejekdigine söz bersin“ diýýär» diýip habar berdiler. 52 Şonda Süleýman: «Eger ol özüni gowy alyp barsa, saçynyň ýekeje tary hem gaçmaz. Namartlyk edäýse welin+, başy ölümlidir» diýdi. 53 Süleýman patyşa adam iberip, Adonyýary gurbanlyk ojagyndan getirtdi. Adonyýar gelip, Süleýmana tagzym etdi. Süleýman bolsa: «Bar, öýüňe gaýt» diýdi.

2 Dawut ölüm ýassygynda ýatyrka, ogly Süleýmana şeýle wesýet etdi: 2 «Oglum, men⁠-⁠ä indi demimi sanap ýatyryn, ýöne sen dogumly+ hem batyrgaý* bol+. 3 Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Ýehowa Hudaýyňa tabyn bolup, ýolundan ýöre. Hudaýyň kanunlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini, öwüt⁠-⁠ündewlerini* berjaý et+. Şonda näme etseňem, nirä gitseňem, ähli işiň ugruna bolar*. 4 Ýehowa maňa beren wadasyny ýerine ýetirer. Ol maňa: „Eger ogullaryň ünsli bolup, maňa bütin ýüregi, bütin jany* bilen wepaly gulluk etse+, Ysraýyl tagtynda hemişe seniň nesliň oturar“+ diýipdi.

5 Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa eden ýamanlyklaryny gowy bilýänsiň. Ol Ysraýylyň iki goşunbaşysy Nur ogly Abnur+ bilen Ýether ogly Emasany+ öldürdi, uruş ýok wagty gan döküp+, bilindäki guşagyny, aýagyndaky çarygyny gana bulady. 6 Sen paýhasly hereket et, goý, şol garry arkaýyn ölmesin*+.

7 Gileadly Barzyllanyň+ ogullaryndan bolsa ýagşylygyňy gaýgyrma*, olara şa saçagyňdan ýer ber. Doganyň Abselimden gaçyp ýörkäm+, olar maňa kömek edipdi+.

8 Benýaminlerden Bahurimde ýaşaýan Geranyň ogly Şimeý hem bardyr. Mahanaýyma+ giden günüm ol maňa gargyş baryny okapdy+. Ol meni garşylamak üçin Iordana gelende: „Seni öldürmerin“ diýip, Ýehowanyň adyndan ant içipdim+. 9 Ýöne sen Şimeýi jezasyz goýma+. Sen düşünjeli, näme etmelidigini gowy bilýänsiň. Şimeýiň çal başyny gana bulap, mazara* indir»+.

10 Şeýlelikde, Dawut aradan çykdy, ony Dawudyň şäherinde+ jaýladylar. 11 Dawut Ysraýylyň üstünden 40 ýyl höküm sürdi. Ol Hebronda+ 7 ýyl, Iýerusalimde bolsa 33 ýyl höküm sürdi+.

12 Süleýman kakasy Dawudyň ýerine tagta çykdy. Hökümdarlygy gitdigiçe berkeýärdi+.

13 Birnäçe wagtdan Haggytyň ogly Adonyýar Süleýmanyň ejesi Batşebanyň ýanyna geldi. Batşeba: «Eýgilikmi?» diýip sorady. Adonyýar: «Hawa, eýgilik» diýdi. 14 Soňra ol: «Seniň bilen gürrüňim bardy» diýdi. Batşeba: «Aýdyber» diýdi. 15 Adonyýar söze başlap: «Bilýänsiň, şa tagty meniňki bolmalydy. Tutuş ysraýyl halky meniň patyşa bolaryma garaşýardy+. Ýöne patyşalyk maňa däl⁠-⁠de, inime berildi, Ýehowanyň islegi şeýledir+. 16 Indi saňa ýekeje haýyşym bar, ýöne ýok diýme» diýdi. Batşeba: «Aýt, näme haýyşyň bar?» diýdi. 17 Şonda Adonyýar: «Süleýman patyşa bilen gepleşip beräý, goý, ol şunemli Abyşagany+ maňa aýallyga bersin, sen aýtsaň, ýok diýmez» diýdi. 18 Batşeba: «Bolýar, patyşa bilen gepleşip görerin» diýdi.

19 Batşeba Adonyýaryň haýyşyny bitirmek üçin Süleýman patyşanyň huzuryna bardy. Patyşa turup, ejesini garşy aldy⁠-⁠da, tagzym etdi. Soňra Süleýman tagtyna geçip oturdy, ol sag tarapynda ejesi üçin hem tagt goýdurdy. 20 Batşeba ogluna: «Meniň kiçiräk haýyşym bar, ýöne ýok diýme» diýdi. Patyşa: «Aýdyber, eje, saňa ýok diýip bolarmy?!» diýdi. 21 Şonda ol: «Şunemli Abyşagany doganyň Adonyýara beräý» diýdi. 22 Patyşa ejesine: «Adonyýar üçin diňe şunemli Abyşagany däl, tutuş patyşalygy sora+, ol meniň uly agam ahyryn+. Abyýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap+ hem ony goldap ýör»+ diýdi.

23 Süleýman patyşa Ýehowanyň adyndan ant içip: «Şu haýyşy bilen, Adonyýar öz başyna ýetdi. Indi ol diri galaýsa, goý, Hudaý maňa has beterini görkezsin! 24 Meni kakam Dawudyň ýerine tagta çykaryp, hökümdarlygymy berkiden+, sözünde durup, maňa we neslime patyşalygy beren+ Ýehowa diri şaýatdyr, Adonyýar şu günüň özünde öler!»+ diýdi. 25 Süleýman patyşa dessine Ýehoýadanyň ogly Binaýany+ iberdi, ol hem gidip, Adonyýary öldürdi.

26 Soňra patyşa Abyýatar+ ruhana: «Anatotdan alan mülküňe git!+ Aslynda, seni ölüme höküm etmeli, ýöne kakam Dawudyň döwründe Älemiň Hökümdary Ýehowa Hudaýyň äht sandygyny göterdiň+, kakamy kyn gününde goldadyň+, şonuň üçin seni öldürmerin» diýdi. 27 Süleýman Abyýatary Ýehowanyň öňündäki ruhanylyk borjundan boşatdy. Şeýdip, Ýehowanyň Alynyň maşgalasy hakda Şiloda+ aýdan sözi+ berjaý boldy.

28 Bolan zatlar Ýowabyň gulagyna⁠-⁠da baryp ýetdi. Ol Ýehowanyň çadyryna+ gaçyp gidip, gurbanlyk ojagynyň* şahlaryndan ýapyşdy, sebäbi Ýowap Abselimiň tarapyna geçmedik bolsa⁠-⁠da+, Adonyýary goldapdy+. 29 Süleýmana: «Ýowap gaçyp, Ýehowanyň çadyryna girdi, ol gurbanlyk ojagynyň ýanynda dur» diýip habar berdiler. Şonda ol: «Git⁠-⁠de, Ýowaby öldür!» diýip, Ýehoýadanyň ogly Binaýany iberdi. 30 Binaýa Ýehowanyň çadyryna bardy⁠-⁠da, Ýowaba: «Patyşa saňa bärden çykmagy buýurýar!» diýdi. Emma ol: «Ýok, ölsemem, şu ýerde öljek!» diýdi. Şonda Binaýa patyşanyň ýanyna baryp, Ýowabyň aýdan zatlaryny gürrüň berdi. 31 Patyşa hem: «Aýdyşy ýaly, ony öldür⁠-⁠de, jaýla. Meni we atamyň öýüni Ýowabyň döken nähak ganyndan arassala+. 32 Ol kakam Dawuda hiç zat aýtman⁠-⁠etmän, özünden has gowy, has dogruçyl iki adamy öldürdi. Ysraýyl goşunbaşysy+ Nur ogly Abnury+ hem⁠-⁠de Ýahudanyň goşunbaşysy+ Ýether ogly Emasany gylyçdan geçirip+ döken gany üçin, Ýehowa oňa jezasyny berer. 33 Olaryň gany elmydama Ýowabyň we nesliniň boýnuna bolar+. Dawuda, nesline, maşgalasyna we patyşalygyna* bolsa, goý, Ýehowa hemişe parahatlyk bersin» diýdi. 34 Ýehoýadanyň ogly Binaýa gidip, Ýowaby öldürdi. Ýowaby çölde, öýüniň golaýynda jaýladylar. 35 Süleýman patyşa Ýehoýadanyň ogly Binaýany+ Ýowabyň ýerine goşunbaşy edip belledi, Abyýataryň deregine bolsa Sadygy ruhany belledi+.

36 Soňra patyşa Şimeýi+ çagyryp: «Jaý salyp, Iýerusalimde ýaşa, hiç ýere çykma. 37 Şäherden çykyp, Kidron jülgesinden+ geçäýseň, şol günüň özünde ölersiň, ölümiňe⁠-⁠de özüň günäkär bolarsyň» diýdi. 38 Şimeý: «Şa hezretleri adalatlydyr, ähli zady aýdyşyňyz ýaly ederin» diýip jogap berdi. Şimeý birnäçe wagtlap Iýerusalimden çykman ýaşady.

39 Üç ýyldan Şimeýiň iki guly Get hany Magak ogly Akyşyň ýanyna gaçyp gitdi+. Şimeýe: «Gullaryň Get galasyndamyş» diýip habar berdiler. 40 Şimeý dessine eşegini gaňňalap, gullaryny alyp gaýtmak üçin Get galasyna, Akyş hanyň ýanyna gitdi. Ol Get galasyndan gullaryny yzyna alyp gelende, 41 Süleýmana: «Şimeý Iýerusalimden çykyp, Get galasyna baryp gaýtdy» diýip habar berdiler. 42 Şonda patyşa Şimeýi çagyryp: «Men saňa Ýehowanyň adyndan ant içirip: „Şäherden çykyp, bir ýere gidäýseň, şol günüň özünde ölersiň“ diýip aýtmadymmy? Senem maňa: „Şa hezretleri adalatlydyr, aýdyşyňyz ýaly ederin“ diýmediňmi?+ 43 Näme üçin Ýehowanyň öňünde beren sözüňde durman, tabşyrygymy bozduň?» diýdi. 44 Soňra patyşa Şimeýe: «Kakam Dawuda ne günleri görkezeniň ýadyňdadyr+. Eden ýamanlygyňy Ýehowa öz başyňa getirer+. 45 Süleýman patyşa bolsa ýalkanar+, Dawudyň tagty Ýehowanyň huzurynda sarsman, baky durar» diýdi. 46 Soňra patyşa Ýehoýadanyň ogly Binaýa Şimeýi öldürmegi tabşyrdy. Binaýa gidip, ony öldürdi+.

Süleýmanyň höküm sürýän döwri patyşalyk has⁠-⁠da berkedi+.

3 Süleýman Müsür faraony bilen garyndaşlyk açdy. Ol faraonyň gyzyna öýlenip+, ony Dawudyň şäherine+ getirdi. Süleýman köşgüni+, Ýehowanyň öýüni+ we Iýerusalimiň diwarlaryny+ gurup bolýança, aýalyny şol şäherde ýaşatdy. 2 Adamlar henizem seždegählerde* gurbanlyk berýärdi+, sebäbi Ýehowanyň adyny göterýän öý gurulmandy+. 3 Süleýman Ýehowany söýüp, kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edýärdi. Emma ol seždegählerde ýakma gurbanlyklary-da berýärdi+.

4 Bir gün Süleýman patyşa gurbanlyk bermek üçin Gibgona gitdi, esasy seždegäh şol ýerdedi+. Patyşa gurbanlyk ojagynda* 1 000 sany maly ýakma gurbanlygy edip berdi+. 5 Süleýman Gibgonda mahaly, gije düýşüne Ýehowa girdi. Hudaý Süleýmana: «Näme islegiň bolsa, aýt, soran zadyňy bereýin»+ diýdi. 6 Şonda Süleýman: «Kakam Dawut saňa wepaly bolup, ak ýürekden gulluk etdi, öňüňde dogry işleri etdi. Sen hem guluň Dawuda wepaly bolup*, ogluny şa tagtynda oturtdyň+, beýik hem wepaly söýgiňi şu wagta çenli bildirip gelýäň. 7 Eý Ýehowa Hudaýym, ýaş hem tejribesiz+ bolsam⁠-⁠da, meni kakam Dawudyň ýerine patyşa bellediň. 8 Men* seniň saýlan halkyň+ üstünden höküm sürýärin, halkyň bolsa ägirt uly we sanardan köp. 9 Halkyňa kazylyk edip+, ýagşy⁠-⁠ýamana gowy düşünip+ biler ýaly, maňa* pespäl* ýürek ber. Sebäbi seniň ägirt uly* halkyňa kim kazylyk edip biler?!» diýdi.

10 Ýehowa Süleýmanyň dilegini halady+. 11 Hudaý Süleýmana: «Özüňe uzak ömür, baýlyk, duşmanlaryň ölümini dilemän, adyl höküm çykarar ýaly düşünje diläniň üçin+, 12 haýyşyňy hökman bitirerin+. Saňa akyldarlyk, düşünje* bererin+. Seniň ýaly adam öň hem bolan däldir, indi hem bolmaz+. 13 Soramadyk zatlaryňy, baýlyk bilen şan⁠-⁠şöhraty+ hem bererin+. Bütin ömrüňe saňa taý geljek patyşa bolmaz+. 14 Kakaň Dawut ýaly, kanunlarymy, tabşyryklarymy berjaý edip, ýolumdan ýöreseň+, saňa uzak ömür hem bererin»+ diýdi.

15 Süleýman oýanyp, Hudaý tarapyn düýş görendigine düşündi. Ol Iýerusalime gelip, Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde durdy⁠-⁠da, ýakma we parahatlyk gurbanlyklary+ berdi. Ähli hyzmatkärlerini çagyryp, toý⁠-⁠baýram etdi.

16 Bir gün patyşanyň huzuryna iki sany ahlaksyz aýal geldi. 17 Aýallaryň biri: «Patyşahym, men şu aýal bilen bir öýde ýaşaýaryn. Meniň çagam boldy, şonda ol aýal hem öýdedi. 18 Üç günden onuň hem çagasy boldy. Öýde ikimizden başga adam ýokdy. 19 Bir gije ol ukyň arasynda çagasynyň üstüne ýatypdyr, ogly hem ölüpdir. 20 Ýarygije men* uklap ýatyrkam, oglumy ýanymdan alyp, öz gujagynda ýatyrypdyr, ölen ogluny bolsa meniň ýanymda goýupdyr. 21 Irden turup, oglumy emdirjek bolsam, ýanymda öli çaga ýatyr. Ýüz⁠-⁠gözüne seredişdirip görsem, öz çagam däl eken» diýdi. 22 Beýleki aýal bolsa: «Ýok, diri çaga meniňki, öli çaga seniňki!» diýdi. Birinji aýal hem: «Ýok, öli çaga seniňki, diri çaga meniňki» diýdi. Şeýdip, olar patyşanyň öňünde jedelleşip durdular.

23 Ahyry patyşa: «Bir aýal: „Diri çaga meniňki, öli çaga seniňki!“ diýýär. Beýlekisi: „Ýok, öli çaga seniňki, diri çaga meniňki!“ diýýär» diýdi. 24 Soňra patyşa: «Gylyç getiriň!» diýdi. Gylyç getirenlerinde, 25 patyşa: «Diri çagany ikä bölüň⁠-⁠de, her aýala ýarysyny beriň» diýdi. 26 Şonda diri çaganyň ejesiniň ýüregi ýarylyp, patyşa ýalbaryp başlady. Ol: «Ýok, patyşahym, çagany öldürme! Ol aýala beräý!» diýdi. Beýleki aýal: «Goý, saňa⁠-⁠da bolmasyn, maňa⁠-⁠da! Çagany bölüň!» diýdi. 27 Şonda patyşa: «Çagany öldürmäň⁠-⁠de, birinji aýala beriň! Ol onuň hakyky ejesi» diýdi.

28 Tutuş ysraýyl halky patyşanyň çykaran hökümi hakda eşidip, Süleýmana has⁠-⁠da hormat goýup* başlady+, sebäbi Hudaý oňa adalatly höküm çykarmaga akyldarlyk beripdi+.

4 Süleýman patyşa tutuş Ysraýylyň üstünden hökümdarlyk edýärdi+. 2 Süleýmanyň baş emeldarlary şulardyr: Sadygyň+ ogly Azarýa ruhanydy, 3 Şişahyň ogullary Alyhorep bilen Ahyýar kätipdi+, Ahylutyň ogly Ýehoşapat bolsa mürzedi*+. 4 Ýehoýadanyň ogly Binaýa+ goşunbaşydy, Sadyk bilen Abyýatar+ ruhanydy, 5 Natanyň+ ogly Azarýa häkimleriň üstünden goýlupdy, Natanyň ogly Zabut ruhanydy we patyşanyň dostudy+, 6 Ahyşar köşgüň işlerine seredýärdi, Abdylyň ogly Adonyram+ agyr işde işleýänlere+ gözegçilik edýärdi.

7 Ysraýylda Süleýmanyň 12 sany häkimi bardy. Olaryň hersi gezekli⁠-⁠gezegine ýylda bir aý+ patyşany we köşgi azyk bilen üpjün etmelidi. 8 Efraýymyň daglarynda Huruň ogly häkimdi. 9 Makasda, Şegalbimde+, Beýtşemeşde, Eýlon⁠-⁠beýthananda Dekeriň ogly häkimdi. 10 Arbutda Hesetiň ogly häkimdi, ol Soko bilen tutuş Heper topragyna⁠-⁠da gözegçilik edýärdi. 11 Doruň baýyrlyklarynda Abynadabyň ogly häkimdi, ol Süleýmanyň Tapat atly gyzyna öýlenipdi. 12 Tanahda, Megiddoda+ we Ýizregeliň eteginde, Zaretanyň golaýynda ýerleşýän tutuş Beýtşeýanda+, Abyl⁠-⁠mehola we Ýokmegam+ welaýatyna çenli aralykda Ahylutyň ogly Bagana häkimdi. 13 Ramot⁠-⁠gileadda+ Geberiň ogly häkimdi, ol Manaşanyň ogly Ýaýyryň+ Gileadda+ ýerleşýän çadyrly obalaryna, Başan ýurdundaky+ Argop welaýatynda+ ýerleşýän berk diwarly we derwezeleri mis gulply 60 sany uly şähere⁠-⁠de gözegçilik edýärdi. 14 Mahanaýymda+ Ydonyň ogly Ahynadap häkimdi. 15 Naftalyda Ahymagas häkimdi, ol Süleýmanyň Basemat atly gyzyna öýlenipdi. 16 Aşerde we Begelotda Huşaýyň ogly Bagana häkimdi. 17 Ysaharda Paruwyň ogly Ýehoşapat häkimdi. 18 Benýamin topragynda+ Ylahyň ogly Şimeý+ häkimdi. 19 Gilead topragynda+, ýagny amorlaryň hany Sihonyň+ we Başan hany Oguň+ ýurdunda Uranyň ogly Geber häkimdi. Şol häkimleriň üstünden hem başga bir häkim goýlupdy.

20 Ýahuda we Ysraýyl halky deňiz çägesi deý köpdi+. Olar bolçulykda, bagtly ýaşaýardylar+.

21 Süleýman Ýewfrat derýasyndan+ piliştlileriň ýurduna we Müsüriň serhedine çenli ähli patyşalyklaryň üstünden höküm sürýärdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli salgyt töläp, hyzmat etdiler+.

22 Süleýmanyň köşgüne her gün 30 hum* ýokary hilli un, 60 hum adaty un 23 we 10 semiz öküz, öri meýdandan getirilen 20 öküz, 100 goýun, sugunlar, keýikler, marallar we semiz guşlar* gerek bolýardy. 24 Ýewfrat derýasynyň+ bäri ýüzünde* ýerleşýän Tipsadan Gaza+ çenli ähli ýerler, patyşalyklar Süleýmanyň goly astyndady. Süleýmanyň golastyndaky ähli welaýatlarda parahatlyk höküm sürýärdi, ol daş⁠-⁠töweregindäki goňşy halklar bilen hem asudalykda ýaşaýardy+. 25 Süleýmanyň höküm süren döwri Dandan Beýer⁠-⁠şeba çenli tutuş Ýahuda we Ysraýyl ýurdunda her kim öz üzüminiň we injiriniň saýasynda asuda ýaşaýardy.

26 Süleýmanyň söweş arabalaryna goşulýan atlary üçin 4 000* at ýatagy we 12 000 aty*+ bardy.

27 Häkimleriň hersi bir aý Süleýman patyşany we saçagyny gerekli zatlar bilen üpjün edip, hiç zat kem bolmaz ýaly aladasyny etmelidi+. 28 Şeýle⁠-⁠de olar araba goşulýan we beýleki atlar üçin belli bir mukdarda arpa bilen saman getirmelidi.

29 Hudaý Süleýmana çäksiz* akyldarlyk, pähim⁠-⁠parasat we giň düşünje* berdi+. 30 Süleýman akyldarlygy bilen gündogar halklaryň we müsürlileriň ählisinden öňe geçdi+. 31 Ol hemmelerden, hatda zeralardan Etan+, Maholyň ogullary Heman+, Kalkul+, Darda ýaly akyldarlardan hem paýhaslydy. Süleýmanyň at⁠-⁠owazasy daş⁠-⁠töwerekdäki ähli halklara ýaýrady+. 32 Süleýman 3 000 nakyl+, 1 005 aýdym düzdi+. 33 Ol Liwandaky kedr agajyndan başlap, diwarda çyrmaşyp ösýän issop otuna*+ çenli ösümliklerden söz açardy, haýwanlar+, guşlar+, süýrenijiler, mör⁠-⁠möjekler+, balyklar hakda gürrüň ederdi. 34 Bütin ýer ýüzündäki halklar we patyşalar Süleýmanyň akyldarlygy barada eşidip, dana sözlerini diňlemäge gelerdiler+.

5 Tir+ patyşasy Huram Dawudyň ýerine ogly Süleýmanyň patyşa bolanyny eşitdi. Ol hyzmatkärlerini Süleýmanyň ýanyna iberdi, sebäbi Huram Dawut bilen dostdy*+. 2 Süleýman bolsa Hurama habar ýollap+: 3 «Bilýänsiň, kakam Dawut Ýehowa Hudaýyň adyny göterýän öý gurup bilmedi, sebäbi Ýehowa kakamyň duşmanlaryny aýak astyna salýança, olar dumly⁠-⁠duşdan hüjüm etdiler+. 4 Emma Ýehowa Hudaýym meni daş⁠-⁠töwerekdäki ähli duşmanlardan halas etdi+. Indi meniň ne duşmanym bar, ne⁠-⁠de üstüme howp abanýar+. 5 Şonuň üçin Ýehowa Hudaýymyň adyny göterýän öý gurjak bolýaryn. Ýehowa kakam Dawuda: „Ýeriňe ogluňy tagta çykararyn, ol meniň adymy göterýän öý gurar“+ diýip söz beripdi. 6 Gaýrat edip, adamlaryňa buýruk ber, goý, olar maňa Liwanyň kedr agaçlaryny+ çapyp bersin. Hyzmatkärlerimiz bile işlär. Bilýäň⁠-⁠ä, aramyzda sidonlylar ýaly agaç çapyp bilýän adam ýok+. Işçileriňe näçe diýseň hak töläýin» diýdi.

7 Süleýmanyň habaryny eşiden Huram begenip: «Ýehowa şöhrat bolsun! Ol ägirt uly halkyň üstünden hökümdarlyk eder ýaly, Dawuda akyldar ogul beripdir!»+ diýdi. 8 Soňra Huram Süleýmana habar ýollap: «Habaryňy aldym, ähli zady aýdyşyň ýaly ederin, geregiň kedr agajy bilen arça+ bolsun. 9 Hyzmatkärlerim agaçlary Liwandan deňze getirer. Agaçlary mäkäm daňdyryp, deňziň üsti bilen aýdan ýeriňe ibererin. Soňra agaçlary şol ýerde çözdürerin, senem alyp gidersiň. Ýöne sen köşgümi azyk bilen üpjün etmeli bolarsyň»+ diýdi.

10 Huram Süleýmanyň isleýşi ýaly, kedr we arça agaçlaryny iberip durdy. 11 Süleýman hem 20 000 hum* bugdaý we 20 hum arassa zeýtun ýagyny berip, Huramyň köşgüni azyk bilen üpjün etdi. Süleýman her ýyl şol zatlary Hurama ibererdi+. 12 Ýehowa⁠-⁠da wada berişi ýaly, Süleýmana akyldarlyk berdi+. Huram bilen Süleýman ylalaşyk* baglaşyp, parahatlykda ýaşadylar.

13 Süleýman patyşa agyr işde işletmek üçin Ysraýyldan 30 000 adam ýygnady+. 14 Süleýman olardan her aý 10 000 adamy gezekli⁠-⁠gezegine Liwana ibererdi. Olar bir aý Liwanda işläp, iki aý öýlerinde bolýardylar. Işçilere Adonyram+ gözegçilik edýärdi. 15 Süleýmanyň 70 000 sany ýük daşaýan işçisi, 80 000 sany dagda daş ýonýan+ işçisi bardy+. 16 Süleýmanyň işçileriniň üstünden 3 300 gözegçi goýlupdy+. 17 Olar patyşanyň buýrugy bilen, ullakan, gymmatbaha daşlary+ gazyp alyp, Hudaýyň öýüniň düýbüni tutmak üçin+ daş ýonýardylar+. 18 Süleýman bilen Huramyň işçileri we geballylar+ daş ýonup, Hudaýyň öýüni gurmak üçin daş hem⁠-⁠de agaç taýýarladylar.

6 Ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýdanyna+ 480 ýyl bolupdy. Ysraýylyň patyşasy Süleýman hökümdarlygynyň dördünji ýylynyň ziw* aýynda+, ýagny ikinji aýda Ýehowanyň öýüni* gurup başlady+. 2 Süleýman patyşanyň Ýehowa üçin guran öýüniň uzynlygy 60 tirsek*, ini 20 tirsek, beýikligi 30 tirsekdi+. 3 Ybadathananyň öňünde minara+ gurdular. Minaranyň ini ybadathananyň* ini ýaly 20 tirsekdi, uzynlygy bolsa ybadathananyň öňünden ölçäniňde 10 tirsekdi.

4 Süleýman ybadathanada* inçelip gidýän penjireleri+ goýdy. 5 Soňra ol ybadathananyň iki gapdalyna we arka tarapyna ýanaşdyryp, goşmaça jaý saldy. Jaý ybadathananyň mukaddes otagy bilen içki otagynyň*+ diwarlarynyň daşyna aýlanyp durdy. Jaýyň içinde⁠-⁠de otaglar bardy+. 6 Ybadathananyň* diwaryna hiç zat berkitmez ýaly, jaýyň her gatynyň diwary biraz öňe çykyp durdy. Şonuň üçin jaýyň aşaky gatyndaky otaglaryň ini bäş tirsek, ortakysynyňky alty tirsek, ýokarky gatynyňky ýedi tirsek boldy+.

7 Ybadathanany gurmak üçin daşlary ýonup getirýärdiler+, şol sebäpli gurluşyk gidip durka, ne çekijiň, ne paltanyň, ne⁠-⁠de başga demir guralyň sesi eşidilýärdi. 8 Goşmaça jaýyň aşaky otagynyň girelgesi ybadathananyň günorta* tarapynda ýerleşýärdi+. Girelgäniň ýanyndaky aýlawly basgançakdan ortaky we ýokarky otaglara çykyp bolýardy. 9 Süleýman ybadathananyň gurluşygyny doly tamamlap+, soňunda içini kedr pürsleri we tagtalary bilen örtdi+. 10 Ol ybadathananyň daşyna aýlanyp duran goşmaça jaýyň otaglarynyň+ beýikligini bäş tirsek etdi. Otaglar kedr agaçlary bilen ybadathana berkidilipdi.

11 Şol wagtlar Ýehowa Süleýmana: 12 «Eger sen meniň kanunlarymy, hökümlerimi, tabşyryklarymy ýerine ýetirip ýaşasaň+, kakaň Dawuda sen hakda, esasanam, häzirki gurýan öýüň hakda beren wadamy berjaý ederin+. 13 Men ysraýyllaryň arasynda mesgen tutaryn+, ysraýyl halkymy terk etmerin»+ diýdi.

14 Süleýman ybadathananyň gurluşygyny dowam etdi. 15 Ol ybadathananyň diwarynyň iç ýüzüni kedr agajy bilen örtdi. Diwary ýerden tä üçegiň pürslerine çenli tagtalar bilen örtüp çykdy. Ybadathananyň aşagyna arça agajyny+ ýazdy. 16 Ol ybadathananyň aňry başyndan bärligine 20 tirsek ölçäp, aşagyndan ýokarky pürslerine çenli kedr agajy bilen örtdi⁠-⁠de, içinde içki otagy+, ýagny iň mukaddes otagy+ gurdy. 17 Iň mukaddes otagdan bärde bolsa mukaddes otag+ bardy, şol otagyň uzynlygy 40 tirsekdi. 18 Otagyň içi kedr agajy bilen örtülip, ýabany garpyzlaryň+ we açylyp duran gülleriň şekili bilen bezelipdi+. Ybadathana tutuşlygyna kedr agajy bilen örtülipdi, şonuň üçin daşlar görünmeýärdi.

19 Süleýman Ýehowanyň äht sandygy goýuljak+ içki otagy+ taýýarlady. 20 Içki otagyň uzynlygy 20 tirsek, ini 20 tirsek, beýikligi⁠-⁠de 20 tirsekdi+. Ol otagyň içini sap altyna gaplady. Tütetgi ojagyny*+ hem kedr agajy bilen örtdi. 21 Süleýman ybadathananyň zatlaryny sap altyna gaplady+, içki otagyň+ öňüne⁠-⁠de altyna gaplanan zynjyrlary asdy. 22 Ol ybadathananyň içini tutuşlygyna altyna gaplady. Içki otagyň golaýyndaky tütetgi ojagyny hem tutuşlygyna altyna gaplady+.

23 Süleýman senuber* agajyndan beýikligi on tirsek iki kerup+ ýasap, içki otagda goýdy+. 24 Keruplaryň her ganatynyň uzynlygy bäş tirsek, bir ganatynyň ujundan beýleki ganatynyň ujuna çenli on tirsekdi. 25 Ikinji kerubyň hem iki ganatynyň uzynlygy on tirsekdi. Keruplaryň ikisiniň⁠-⁠de ululygy we görnüşi meňzeşdi. 26 Iki kerubyň⁠-⁠da boýy on tirsekdi. 27 Süleýman keruplary+ içki otagda* goýdy. Keruplaryň ganatlary gerilgidi, şonuň üçin birinji kerubyň ganaty bir diwara, ikinji kerubyň ganaty beýleki diwara degip durdy. Olaryň beýleki ganatlary bolsa içki otagyň ortasynda biri⁠-⁠biriniňkä degip durdy. 28 Ol keruplary⁠-⁠da altyna gaplady.

29 Süleýman ybadathananyň iki otagynyň⁠-⁠da diwaryny keruplaryň+, palma agaçlarynyň+ we açylyp duran gülleriň şekili bilen bezedi+. 30 Ol ybadathananyň iki otagynyň hem aşagyny altyna gaplady. 31 Içki otagyň girelgesine senuber agajyndan iki açylýan gapy, sütünler we söýeler goýdy, olar diwaryň bäşden bir bölegini tutýardy. 32 Senuber agajyndan ýasalan iki açylýan gapyny keruplaryň, palma agaçlarynyň we açylyp duran gülleriň şekili bilen bezäp, altyna gaplady. Keruplar bilen palma agaçlarynyň ýüzüne altyn çaýdy. 33 Ol mukaddes otagyň girelgesine⁠-⁠de senuber agajyndan söýeler goýdy. Olar diwaryň dörtden bir bölegini tutýardy. 34 Soňra ol arça agajyndan iki açylýan gapy ýasady. Gapyny söýelerine berkitdi. Gapynyň her ganaty petlesiniň üstünde aýlanyp, içine⁠-⁠de, daşyna⁠-⁠da açylýardy+. 35 Ol gapynyň ýüzüne keruplaryň, palma agaçlarynyň we açylyp duran gülleriň şekilini oýup ýasady⁠-⁠da, olary altyna gaplady.

36 Içki howlynyň+ haýadyny ýonulan daşlardan üç hatar edip örüp, üstüne bir hatar kedr agajyny goýdy+.

37 Süleýmanyň hökümdarlygynyň 4⁠-⁠nji ýylynyň ziw* aýynda Ýehowanyň öýüniň düýbi tutuldy+. 38 Ybadathananyň çyzgysynda görkezilen ähli zatlar 11⁠-⁠nji ýylyň sekizinji aýynda, ýagny bul* aýynda doly gurlup boldy+. Süleýman ybadathanany ýedi ýylda gurdy.

7 Süleýmanyň köşgüniň gurluşygy bolsa 13 ýylda tamamlandy+.

2 Süleýman Liwan tokaýy+ atly köşgi hem gurdy. Köşgüň uzynlygy 100 tirsek*, ini 50 tirsek, beýikligi 30 tirsekdi. Köşk kedr agajyndan dört hatar sütünleriň üstünde gurlupdy. Sütünleriň üstünde⁠-⁠de kedr agajyndan+ pürsler goýlupdy. 3 Köşgüň içi kedr agajy bilen örtülipdi, özem sütünleriň ýokarsynda keseligine goýlan pürsleriň üstünden gurlupdy. Her hatarda 15 sany kese pürs goýlup, pürsler jemi 45 sanydy. 4 Köşgüň bir⁠-⁠birine bakyp duran üç setir penjireleri* bardy. 5 Bir⁠-⁠birine bakyp duran şol penjireler dörtburç çarçuwalara* oturdylypdy. Köşgüň ähli gapylary we ikiýan söýeleri⁠-⁠de şeýle çarçuwalara oturdylypdy.

6 Süleýman uzynlygy 50 tirsek, ini 30 tirsek Sütünler eýwanyny hem gurdy, öň tarapynda sütünli başga bir eýwan bardy, onuň üsti ýapykdy.

7 Şeýle⁠-⁠de ol Tagt köşgüni*+ gurdy, oňa Kazyýet köşgi+ hem diýilýärdi, Süleýman şol köşkde kazylyk ederdi. Köşgüň içini aşagyndan tä ýokarsyna çenli kedr agajy bilen örtdüler.

8 Süleýman öz köşgüni başga bir howluda+, ýagny Kazyýet köşgüniň arkasynda gurdurdy, olaryň gurluşy meňzeşdi. Süleýman aýalyna, ýagny faraonyň gyzyna⁠-⁠da Kazyýet köşgüne meňzeş jaý gurup berdi+.

9 Uly howla+ çenli ähli binalar boýdan⁠-⁠başa gymmatbaha daşlardan+ gurlupdy. Daşlar ölçeglerine görä ýonulyp, iç we daş ýüzleri byçgylar* bilen kesilipdi. 10 Binalaryň düýbüne ullakan we gymmatbaha daşlar goýlupdy. Daşlaryň käbiriniň ululygy on tirsek, käbiriniňki sekiz tirsekdi. 11 Olaryň üstüne⁠-⁠de ölçeglerine görä ýonulan gymmatbaha daşlar we kedr agaçlary örülipdi. 12 Ýehowanyň öýüniň içki howlusynda+ we ybadathananyň minarasynda+ edilişi ýaly, uly howlynyň haýadyna⁠-⁠da üç hatar ýonulan daş örülip, üstüne bir hatar kedr agajy goýlupdy.

13 Süleýman patyşa Tire adam iberip, Huramy+ getirtdi. 14 Ol naftaly taýpasyndan dul aýalyň ogludy, kakasy bolsa tirli mis ussasydy+. Huram başarjaň, düşünjeli+ we misden* her dürli zatlary ýasamaga ökde adamdy. Ol Süleýman patyşanyň ýanyna gelip, tabşyran işlerini etdi.

15 Huram misden iki sütün ýasady+. Her sütüniň beýikligi 18 tirsekdi, daşyny ýüp bilen ölçäniňde 12 tirsekdi+. 16 Ol misi eretdi⁠-⁠de, iki täç* ýasap, sütünleriň depesinde goýdy. Her täjiň beýikligi bäş tirsekdi. 17 Her sütüniň depesindäki täçler zynjyrly tor bilen bezelipdi+. Täçleriň hersinde ýedi sany zynjyrly tor bardy. 18 Soňra ol naryň şekillerini ýasady. Olary sütünleriň depesindäki täçlere iki setir edip goýdy. Ol iki täji hem şeýdip ýasady. 19 Minaranyň öňünde duran sütünleriň depesindäki täçler çigildem gülüniň şekilinde ýasalypdy, beýikligi dört tirsekdi. 20 Täçleriň aşaky böleginiň tor bilen bezelen güberçek ýeri iki sütüniň üstünde oturdylypdy. Her täjiň daşyndan 200 sany naryň şekili iki setir edip goýlandy+.

21 Ol sütünleri ybadathananyň minarasynyň+ öňünde goýdy. Sag* tarapdaky sütüne Ýahin*, çep* tarapdaky sütüne bolsa Bowaz* diýip at dakdy+. 22 Sütünleriň ýokarsy çigildem gülüniň şekilinde ýasalypdy. Şeýdip, sütünler bilen bagly işler doly tamamlandy.

23 Soňra ol misi eredip, howuz*+ ýasady. Howuz tegelekdi, bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli 10 tirsekdi, beýikligi 5 tirsek, daşyny hem ýüp bilen ölçäniňde 30 tirsekdi+. 24 Howzuň erňeginde* her tirsek aralykda on⁠-⁠ondan iki setir ýabany garpyzyň şekili bardy+. Olar howzuň daş⁠-⁠töweregine aýlanyp durdy. Olar howuz bilen birlikde guýlup ýasalypdy. 25 Howuz misden ýasalan 12 öküziň+ üstünde durdy. Üç öküz demirgazyga, üç öküz günbatara, üç öküz günorta, üç öküz bolsa gündogara seredip durdy. Howuz öküzleriň üstünde goýlupdy, olaryň yzky aýaklary howzuň aşagynda galýardy. 26 Howzuň galyňlygy dört barmakdy*, agzy käsäniň agzy ýalydy we çigildem gülüniň şekilinde ýasalypdy. Howzuň içine 2 000 çelege* barabar suw guýulmalydy.

27 Soňra ol misden on araba+ ýasady. Her arabanyň uzynlygy dört tirsek, ini dört tirsek, beýikligi bolsa üç tirsekdi. 28 Arabalar şeýle ýasalypdy: her arabanyň gapdalyna gözenek edilip, içine mis bölekler oturdyldy. 29 Gözenegiň içindäki mis bölekler ýolbarslaryň+, öküzleriň we keruplaryň şekili+ bilen bezeldi. Gözenegiň ýokarsy hem şeýle bezelipdi. Ýolbarslaryň we öküzleriň aşagy⁠-⁠ýokarsy bolsa aýlaw⁠-⁠aýlaw güller bilen nagyşlanypdy. 30 Her arabanyň misden dört tigri bardy, her iki tigri birleşdirýän mis oklary bardy. Tigirler hem⁠-⁠de oklar arabanyň dört aýagyna berkidilendi. Legeniň aşagynda⁠-⁠da diregler bardy. Olaryň hersiniň ýüzüne aýlaw⁠-⁠aýlaw gülleriň nagyşlary salnypdy. 31 Legen arabanyň üstündäki çarçuwada oturdylandy. Legeniň düýbünden çarçuwanyň başlanýan ýerine çenli aralyk bir tirsekdi. Çarçuwanyň agzy tegelekdi, boýy aşagyndaky diregler bilen bilelikde bir ýarym tirsekdi. Çarçuwanyň ýüzi nagyşlanypdy, gapdalyndaky bölekler tegelek däl⁠-⁠de, dörtburçdy. 32 Arabanyň gapdalyna dakylan mis bölekleriň aşagynda dört tigri bardy. Tigriň okuny saklaýan direg araba berkidilendi. Her tigriň beýikligi bir ýarym tirsekdi. 33 Tigirleriň ýasalyşy at arabalaryňky ýalydy, olaryň diregleriniň, daşky aýlawlarynyň, keýeleriniň* we toplarynyň bary bile guýlup ýasalypdy. 34 Her arabanyň dört burçunda dört diregi bardy. Olaryň hemmesi araba bilen bitewi edilip guýlupdy. 35 Arabanyň ýokarsyndaky tegelek çarçuwanyň beýikligi ýarym tirsekdi. Çarçuwanyň gözenegi we gapdal bölekleri araba bilen guýlup ýasalypdy. 36 Ol çarçuwanyň gözenegini we gapdal böleklerini keruplaryň, ýolbarslaryň we palma agaçlarynyň şekili bilen bezäp, daşyny aýlaw⁠-⁠aýlaw güller bilen nagyşlady+. 37 Ol on arabany+ hem şeýdip ýasady. Ählisiniň guýluşy⁠-⁠da+, ölçegi⁠-⁠de, şekili⁠-⁠de birmeňzeşdi.

38 Şeýle⁠-⁠de ol misden on legen ýasady+. Olaryň agzynyň giňligi dört tirsek bolup, hersiniň içine 40 çelek suw sygýardy. On arabanyň hersiniň üstünde bir legen bardy. 39 Ol arabalaryň bäşisini öýüň sag tarapynda, bäşisini çep tarapynda goýdy. Howzy hem öýüň sag tarapynda, ýagny günorta⁠-⁠gündogarynda goýdy+.

40 Huram+ başga⁠-⁠da legenleri, pilçeleri+ we tabaklary+ ýasady.

Ol Ýehowanyň öýünde Süleýman patyşanyň tabşyran ähli işlerini tamamlady+. 41 Huram iki sütüni+, olaryň depesindäki käse şekilli täçleri, olary bezemek üçin iki sany zynjyrly tory+, 42 iki sütüniň depesindäki käse şekilli täçleri bezemek üçin, şol torlara iki setir edip dakar ýaly 400 sany naryň şekilini+, 43 on arabany+, olaryň üstündäki on legeni+, 44 howzy+ we onuň aşagyndaky 12 öküzi, 45 gaplary, pilçeleri, tabaklary we Ýehowanyň öýi üçin Süleýman patyşanyň aýdan başga⁠-⁠da gap⁠-⁠gaçlaryny ýasady. Huram olaryň ählisini ýalpyldawuk misden ýasapdy. 46 Patyşa olary Iordan düzlüginde, Sukot bilen Zaretanyň aralygynda toýun galyplara guýup ýasatdy.

47 Gap⁠-⁠gaçlar örän köpdi, şol sebäpli Süleýman olaryň agramyny ölçemedi. Olary ýasamak üçin näçe misiň gidendigi belli däldi+. 48 Süleýman Ýehowanyň öýi üçin gerek zatlary: altyn ojagy*+, hödür çörek goýulýan altyn stoly+, 49 sap altyndan şemdanlary+ (olar içki otagyň öňünde, bäşisi sag tarapda, bäşisi çep tarapda goýlupdy), altyn gülleri+, şemleri, gysgyçlary+, 50 sap altyndan legenleri, ot söndürgiçleri+, tabaklary, käseleri+, külatarlary+ we içki otagyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem⁠-⁠de ybadathananyň esasy binasynyň gapylarynyň+ düýbüni altyndan ýasady.

51 Şeýlelikde, Süleýman patyşa Ýehowanyň öýi bilen bagly işleri tamamlady. Ol kakasy Dawudyň Hudaýa bagyş eden*+ altyn⁠-⁠kümüşlerini we başga⁠-⁠da zatlaryny getirip, Ýehowanyň öýüniň hazynalarynda goýdy+.

8 Süleýman+ ysraýyl ýaşulularyny, taýpa baştutanlaryny we tirebaşylaryny ýygnady+. Olar Ýehowanyň äht sandygyny Dawudyň şäheri+ Siondan+ alyp gaýtmak üçin Süleýman patyşanyň ýanyna, Iýerusalime geldiler. 2 Bütin ysraýyl halky ýedinji aý, ýagny etanym* aýynda Çatma baýramyny bellemek+ üçin Süleýman patyşanyň huzuryna ýygnandy. 3 Ysraýylyň ähli ýaşululary gelende, ruhanylar äht sandygyny göterdiler+. 4 Ruhanylar bilen lewiler Ýehowanyň äht sandygyny, ýygnak çadyryny*+ we çadyryň içindäki mukaddes gap⁠-⁠gaçlary alyp gaýtdylar. 5 Süleýman patyşa we tutuş ysraýyl jemagaty äht sandygynyň öňünde durdy. Olar birgiden goýunlary we öküzleri gurbanlyk berdiler+.

6 Soňra ruhanylar Ýehowanyň äht sandygyny ybadathananyň içki otagyna, ýagny iň mukaddes otaga eltip, öz ýerinde+, keruplaryň+ ganatlarynyň aşagynda goýdular.

7 Keruplaryň ganatlary äht sandygynyň üstüne ýaýylyp, sandyga we taýaklaryna kölege salýardy+. 8 Taýaklar+ uzyn bolansoň, olaryň ujy içki otagyň öňündäki mukaddes otagdanam görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar henizem şeýle dur. 9 Äht sandygynyň içinde Kanun ýazylgy iki daşdan+ başga zat ýokdy. Musa Horepde şol iki daşy sandyga salypdy+. Ysraýyllar Müsür ýurdundan çykyp gelýärkä+, Ýehowa olar bilen äht baglaşypdy+.

10 Ruhanylar mukaddes ýerden çykanda, Ýehowanyň öýüniň içini bulut+ gurşady+. 11 Bulutdan ýaňa ruhanylar hyzmatyny ýerine ýetirip bilmediler, sebäbi Ýehowanyň öýi Ýehowanyň şöhratyndan+ dolupdy. 12 Şonda Süleýman: «Ýehowa, sen tüm⁠-⁠garaňkylykda+ ýaşajakdygyňy aýdypdyň. 13 Men saňa baky mekanyň boljak+ şöhratly öý gurdum» diýdi.

14 Patyşa yzyna öwrülip, tutuş ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Şol wagt ysraýyllar aýak üstünde durdy+. 15 Süleýman şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Ol kakam Dawuda beren wadasyny berjaý etdi*. 16 Hudaý: „Ysraýyl halkymy Müsürden çykaran günümden bäri adymy beýgeltjek öý+ gurmak üçin ysraýyl taýpalarynyň hiç bir şäherini saýlamadym. Emma Dawudy ysraýyl halkyma baştutan edip saýladym“ diýipdi. 17 Kakam Dawudam Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyny göterýän öý gurmak isleýärdi+. 18 Emma Ýehowa: „Sen meniň adyma öý gurmak isleýäň, gowy niýetiň bar. 19 Ýöne öýi sen gurmarsyň. Adymy göterjek öýi seniň ogluň* gurar“+ diýdi. 20 Ýehowa beren sözünde durdy, men kakam Dawudyň mirasdüşeri boldum, Ýehowanyň wada berişi ýaly, Ysraýyl tagtyna geçdim. Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyna öýem gurdum+. 21 Äht sandygyny hem getirip goýdum. Sandygyň içinde Ýehowanyň ata⁠-⁠babalarymyzy Müsür ýurdundan çykaranda baglaşan ähti+ bar».

22 Süleýman Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň* hem⁠-⁠de tutuş ysraýyl jemagatynyň öňünde durup, elini göge galdyrdy⁠-⁠da+, 23 şeýle diýdi: «Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, ýerde⁠-⁠gökde seniň deý Hudaý ýokdur!+ Sen özüňe bütin ýürekden gulluk edýän bendeleriňe ýagşylyk edip*+, ähtiňi berjaý edýäň+. 24 Kakam Dawuda beren sözüňde⁠-⁠de durduň, wadaňy berjaý etdiň*+. 25 Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, indi guluň Dawuda: „Ogullaryň ünsli bolup, maňa sen ýaly wepaly gulluk etseler, Ysraýyl tagtynda hemişe seniň nesliň oturar“+ diýen wadaňy berjaý et. 26 Ysraýyl Hudaýy, haýyş edýärin, kakam Dawuda beren sözüňi ýerine ýetir.

27 Heý⁠-⁠de, Hudaý ýer ýüzünde ýaşarmy?+ Sen göklere, hatda ägirt uly asmana⁠-⁠da sygaňok ahyryn+. Meniň guran öýüm nädip sygdyrsyn?!+ 28 Eý Ýehowa Hudaýym, doga⁠-⁠dilegimi eşidip, menden razy bol, dady⁠-⁠perýadyma gulak asyp, haýyşymy bitir. 29 Goý, gözleriň gije⁠-⁠gündiz şu öýe seredip dursun, öýüňe bakyp doga edýän guluň dilegini eşit+. Sen: „Şu öý adymy göterer“+ diýipdiň. 30 Guluň dogasyny eşidip, razy bol. Ysraýyl halkyň öýüňe seredip dileg etse, olara jogap ber. Gökdäki mekanyňdan+ eşidip, olaryň günäsini geç+.

31 Bir adamy başga birine garşy günä etmekde aýyplap, ant içirseler, ol hem gargyşa galyp*, seniň öýüňdäki gurbanlyk ojagynyň öňüne gelse+, 32 gökden eşit⁠-⁠de, gullaryň işine seredip, adyl höküm çykar. Päliýaman adamyň günäsini paş edip, etmişine görä almytyny ber, bigünäni bolsa aklap, dogruçyllygy üçin sylagla+.

33 Ysraýyl halkyň saňa garşy günä edeni üçin duşmandan ýeňilse+, soňam saňa ýüz tutup, adyňy şöhratlandyrsa+, senden rehim⁠-⁠şepagat diläp, öýüňde ýalbaryp doga etse+, 34 olary gökden eşit⁠-⁠de, halkyň günäsini geç, ata⁠-⁠babalaryna beren ýurduňa gaýtaryp getir+.

35 Olar saňa garşy günä edeni+ üçin gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly+, öýüňe seredip doga etseler, adyňy şöhratlandyrsalar, beren temmiňi kabul edip*, günälerine toba etseler+, 36 olary gökden eşit⁠-⁠de, gullaryň, ysraýyl halkyň günäsini geç. Olara öwüt⁠-⁠nesihat berip+, dogry ýola sal, ýöremeli ýoluny görkez, mülk edip beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr+.

37 Eger ýurda açlyk düşse+ ýa mergi keseli dörese, howurly ýel öwüsse, ekinler heň bilen çüýrese+, çekirtge ýagyp, bar zady ýalmap ýuwutsa, ýa⁠-⁠da bir şähere duşman çozsa, nähili bela⁠-⁠beter, nähili kesel bolsa⁠-⁠da+, 38 bir adam ýa⁠-⁠da tutuş ysraýyl halky öýüňe tarap elini uzadyp, senden rehim⁠-⁠şepagat dilese+ (her kimiň öz ýürek derdi bardyr)+, 39 gökdäki mekanyňdan eşit⁠-⁠de+, olaryň günäsini geçip+, kömek et. Her kese eden işine görä hakyny ber+, sebäbi sen adamyň ýüregini görýäň, hawa, adamyň ýüregini diňe sen bilýäň+. 40 Goý, halk ata⁠-⁠babalarymyza beren ýurduňda bütin ömrüne saňa çuňňur hormat goýsun*.

41 Başga milletli adam uzak ýerden seniň adyň üçin gelip+, 42 öýüňe seredip doga etse (sebäbi olar hem beýik adyň+, güýç⁠-⁠kuwwatly goluň hakda eşiderler), 43 gökdäki mekanyňdan+ eşidip, başga milletli adamyň ähli haýyşyny bitir. Şonda ysraýyl halkyň ýaly, bütin ýer ýüzüniň halklary adyňy tanap, senden gorkar+ we guran öýümiň seniň adyňy göterýändigini biler.

44 Eger halkyňy duşman bilen söweşmäge iberseň+, olar hem saýlan şäheriňe+ we adyň üçin guran öýüme seredip+, Ýehowa Hudaýyna doga etse+, 45 gökden olaryň doga⁠-⁠dilegini eşidip, razy bol we duşmanlaryny ýeňmäge kömek et.

46 Eger halk saňa garşy günä etse (sebäbi günä etmeýän adam ýok)+, senem gaharlanyp, olary duşmanlaryň eline berseň, duşmanlar olary ýakyn ýa daş ýurda ýesirlige äkitse+, 47 olar hem ýesir düşen ýurdunda akylyna aýlanyp+, saňa ýüz tutsa+, ýesirlikde senden rehim⁠-⁠şepagat diläp+: „Biz günä etdik, dogry ýoldan sowlup, erbetlik etdik“+ diýip ýalbarsalar, 48 duşmanlaryň ýurdunda ýesirlikdekä, bütin ýüregi, bütin jany* bilen saňa dolansalar+, ata⁠-⁠babalaryna beren ýurduňa, saýlan şäheriňe we adyň üçin guran öýüme tarap seredip doga etseler+, 49 gökdäki mekanyňdan+ doga⁠-⁠dileglerini eşidip, olardan razy bol, dadyna ýetiş. 50 Halkyň saňa garşy eden günälerini, etmişlerini bagyşla. Ýesir alan duşmanlaryň olara haýpy geler ýaly, ýüreklerini ýumşat+. 51 Sebäbi olar seniň öz halkyň, mirasyň+. Olary gyzgyn tamdyrdan*, Müsürden çykardyň+. 52 Guluň ýa ysraýyl halkyň senden rehim⁠-⁠şepagat dilän wagty olary ünsli diňläp+, dogalaryna jogap ber+. 53 Älemiň Hökümdary Ýehowa, sen ata⁠-⁠babalarymyzy Müsürden çykardyň. Guluň Musa aýdyşyň ýaly, olary ähli halklaryň arasyndan mirasyň edip saýladyň»+.

54 Süleýman Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň öňünde dyza çöküp, elini göge galdyryp+, Ýehowa doga⁠-⁠dileg edip boldy⁠-⁠da, ýerinden turdy. 55 Soňra duran ýerinde tutuş ysraýyl jemagatyna ak pata berip, batly ses bilen şeýle diýdi: 56 «Ýehowa şöhrat! Ol wada berişi ýaly, ysraýyl halkyna parahatlyk* berdi+. Guly Musa arkaly aýdan gowy wadalarynyň ýekejesi⁠-⁠de ýerine ýetmän galmady+. 57 Goý, Ýehowa Hudaý ata⁠-⁠babalarymyzy goldaýşy ýaly+, bizi hem goldasyn, hiç wagt taşlamasyn, terk etmesin+. 58 Goý, Hudaý ýüregimizde öz ýolundan ýöremäge höwes döretsin+. Şonda ata⁠-⁠babalarymyza beren tabşyryklaryny, kanunlaryny we hökümlerini ýürekden berjaý ederis. 59 Ýehowa Hudaýyma ýalbaryp eden dilegimi Ýehowa hiç haçan unutmasyn*, guluny we ysraýyl halkyny her gün goldasyn. 60 Şonda ýer ýüzüniň ähli halklary Ýehowanyň hak Hudaýdygyny+, ondan başga Hudaýyň ýokdugyny+ biler. 61 Ýehowa Hudaýymyza bütin ýüregiňiz bilen gulluk edip+, kanunlaryny we tabşyryklaryny häzirkiňiz ýaly berjaý ediň».

62 Soňra patyşa we tutuş ysraýyl halky Ýehowanyň huzurynda köp gurbanlyklary berdi+. 63 Süleýman 22 000 öküzi, 120 000 goýny Ýehowa parahatlyk gurbanlygy edip hödürledi+. Süleýman patyşa we ähli ysraýyllar Ýehowanyň öýüniň açylyş dabarasyny geçirdi+. 64 Şol gün patyşa Ýehowanyň öýündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Ol ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary we parahatlyk gurbanlyklaryň ýagyny howlynyň ortasynda ýakmaly boldy. Sebäbi Ýehowanyň huzuryndaky misden ýasalan gurbanlyk ojagy+ kiçi bolansoň, ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary we parahatlyk gurbanlyklaryň ýagy+ sygmady. 65 Süleýman tutuş ysraýyl halky bilen baýram etdi+. Lebo⁠-⁠hamatdan* tä Müsür jülgesine+ çenli aralykda ýaşaýan adamlaryň hemmesi gelipdi. Olar Ýehowa Hudaýyň huzurynda 7 gün, soňra ýene 7 gün, jemi 14 günläp baýram etdiler. 66 Ertesi gün Süleýman halky öýli⁠-⁠öýüne iberdi. Olar Ýehowanyň guly Dawuda we ysraýyl halkyna eden ýagşylyklaryna+ begenip, ýürekden şatlanyp, patyşa alkyş okap, öýlerine gaýtdylar.

9 Süleýman Ýehowanyň öýüni, köşgüni+ we islän ähli zadyny gurup boldy+. 2 Şonda Ýehowa Gibgondaky ýaly ýene⁠-⁠de Süleýmanyň düýşüne girdi+. 3 Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Doga⁠-⁠dilegiňi eşitdim. Meniň üçin guran öýüňi mukaddes etdim, ol hemişe adymy göterer+. Öýi hiç wagt gözden salmaryn, aladasyny ederin+. 4 Eger sen kakaň Dawut ýaly+, ähli tabşyryklarymy berjaý edip+, halal ýaşasaň+, maňa bütin ýüregiň* bilen gulluk edip+, kanunlaryma we hökümlerime gulak assaň+, 5 kakaň Dawuda: „Ysraýyl tagtynda hemişe seniň nesliň oturar“ diýip beren wadamy berjaý ederin, Ysraýylda seniň tagtyňy ebedilik goýaryn+. 6 Emma siz ogullaryňyz bilen ýolumdan ýöremän, tabşyryklarymy, kanunlarymy ýerine ýetirmän, başga taňrylara tagzym edip, sežde edip başlasaňyz+, 7 ysraýyllary mülk edip beren ýurdumdan ýok ederin+, adym üçin mukaddes eden öýümi gözümiň alnyndan aýraryn+. Şonda Ysraýyl başga halklaryň gepine galyp*, ile gülki bolar+. 8 Meniň üçin guran öýüň harabaçylyga öwrüler+, deňinden geçenler aňk⁠-⁠taňk bolar, içini çekip*: „Ýehowa ýurdy, öýüni näme üçin beýtdikä?“ diýer+. 9 Şonda: „Ysraýyl halky ata⁠-⁠babalaryny Müsürden çykaran Ýehowa Hudaýyny taşlap, başga taňrylara sygyndy, olara tagzym edip, sežde etdi. Şonuň üçin Ýehowa olaryň başyna betbagtçylyk getirdi“+ diýerler».

10 Süleýman iki öýi, ýagny Ýehowanyň öýi bilen köşgüni 20 ýylda gurup gutardy+. 11 Tir patyşasy Huram+ Süleýmana kedr bilen arça agaçlaryny, şeýle⁠-⁠de näçe gerek bolsa altyn iberipdi+. Süleýman patyşa hem Hurama Jelileden 20 şäher berdi. 12 Huram Tirden çykyp, Süleýmanyň beren şäherlerini görmäge geldi. Ýöne Huramyň olara göwni ýetmedi. 13 Şonda ol: «Dogan jan, beren şäherleriňi halamadym» diýdi. Şol şäherlere häli⁠-⁠häzire çenli Kabul ýurdy* diýilýär. 14 Huram Süleýman patyşa 120 batman* altyn iberdi+.

15 Süleýman patyşa işçi ýygnap+, Ýehowanyň öýüni+, köşgüni, Millony*+, Iýerusalimiň diwaryny, Hasory+, Megiddony+ we Gezeri+ gurdurypdy. 16 Müsür faraony öň Gezeri basyp alyp, şäheri otlapdy, içinde ýaşaýan kenganlary+ bolsa öldüripdi. Faraon şol şäheri Süleýmana durmuşa çykan gyzyna+ toý sowgady edip beripdi. 17 Süleýman Gezeri, aşaky Beýthorony+, 18 Bagalaty+, çöldäki Tamary, 19 ammarly şäherleri, söweş arabalary+ üçin we atly esgerleri üçin şäherleri gurdy*. Ol Iýerusalimde, Liwanda we golastyndaky ýerlerde islän zadyny gurdy. 20 Amorlar, hetler, perizler, hiwiler we ýabuslar+ ysraýyl halkyndan däldi+. Süleýman şol halklardan diri galan adamlary, 21 ysraýyllaryň elinden ölmän galan nesillerini gul edip, agyr işde işletdi. Olar häzire çenli hem gul bolup ýaşaýarlar+. 22 Emma Süleýman ysraýyllaryň hiç birini gul etmedi+. Olar Süleýmanyň nökerleri, emeldarlary, han⁠-⁠begleri, serkerdeleri, söweş arabaly hem⁠-⁠de atly esgerleriniň baştutanlary bolup hyzmat etdiler. 23 Süleýmanyň işlerine seredýän, işçileriniň üstünden goýlan 550 sany gözegçisi bardy+.

24 Faraonyň gyzy+ bolsa Dawudyň şäherinden+ çykyp, Süleýmanyň gurup beren öýüne göçdi. Şonda Süleýman Millony*+ hem gurdy.

25 Süleýman Ýehowa üçin ýasan gurbanlyk ojagynda* ýylda üç gezek+ ýakma hem⁠-⁠de parahatlyk gurbanlyklary berip+, Ýehowanyň öňündäki gurbanlyk ojagynda gurbanlyk ýakardy. Şeýlelikde, ol öýi doly gurup gutardy+.

26 Süleýman patyşa Esýon⁠-⁠geberde+ birgiden gämi ýasatdy. Şol ýer Edom topragynda, Gyzyl deňziň kenarynda, Elotyň+ golaýynda ýerleşýär. 27 Huram şol gämilerde ökde deňizçilerini Süleýmanyň hyzmatkärleri bilen ibererdi+. 28 Olar Ofere+ gidip, Süleýmana 420 batman altyn getirip berdiler.

10 Süleýmanyň Ýehowanyň ady bilen gazanan şan⁠-⁠şöhraty+ Şeba ýurdunyň şa aýalyna⁠-⁠da baryp ýetdi. Ol Süleýmany kyn soraglar bilen synamaga geldi+. 2 Şa aýaly birtopar emeldaryny ýanyna alyp, düýelere melhem ýag+, ummasyz köp altyn, gymmatbaha daş ýükläp+, Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň huzuryna baryp, bilmek isleýän zatlaryny sorady. 3 Süleýman şa aýalynyň ähli soraglaryna jogap berdi, patyşanyň oňa düşündirip bilmedik zady bolmady.

4 Şebanyň şa aýaly Süleýmanyň akyldarlygyny+, guran köşgüni+, 5 saçagyndaky näz⁠-⁠nygmatlaryny+, emeldarlarynyň saçak başynda oturyşyny, hyzmatkärleriniň hyzmat edişini, olaryň egin⁠-⁠eşigini, patyşanyň şerapçylaryny we Ýehowanyň öýünde yzygiderli berýän ýakma gurbanlyklaryny görüp, agzyny açdy. 6 Şonda ol patyşa ýüzlenip: «Seniň gazanan üstünlikleriň*, akyldarlygyň hakda öz ýurdumda eşidenlerim dogry eken. 7 Ýöne gelip, gözüm bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Görüp otursam, maňa ýarysyny⁠-⁠da aýtmandyrlar! Akyldarlygyň, baýlygyň eşidişimden has artyk eken. 8 Seniň parasatly sözleriňi diňleýän halkyň we huzuryňdaky hyzmatkärleriň nähili bagtly!+ 9 Seni mynasyp görüp, Ysraýyl tagtyna çykaran Ýehowa Hudaýyňa şöhrat bolsun!+ Ýehowanyň Ysraýyla söýgüsi ebedidir. Adalatly we dogruçyl höküm sürersiň diýip, ol seni halkyna patyşa belledi» diýdi.

10 Soňra şa aýaly Süleýmana 120 batman* altyn, juda köp melhem ýag+ we gymmatbaha daş berdi+. Şondan soň hiç kim Süleýmana Şebanyň şa aýalynyňky ýaly köp melhem ýagyny getirmedi.

11 Huramyň Oferden altyn alyp gaýdýan gämilerinde+ ummasyz köp gyzyl agaç*+ we gymmatbaha daşlary⁠-⁠da getirerdiler+. 12 Patyşa şol gyzyl agaçlardan Ýehowanyň öýüne we şa köşgüne söýeleri, aýdymçylara arfa we kirişli saz gurallary+ ýasady. Şondan soň şeýle köp gyzyl agajy getiren hem, gören hem bolmady.

13 Süleýman patyşa Şebanyň şa aýalyna islän we soran ähli zadyny berdi. Süleýman jomartlyk bilen başga⁠-⁠da birgiden sowgatlary berdi. Soňra şa aýaly emeldarlary bilen ýurduna dolandy+.

14 Süleýmana her ýyl 666 batman altyn gelerdi+. 15 Täjirler bilen söwdagärlerden, araplaryň patyşalaryndan we ýurduň häkimlerinden hem girdeji girip durardy.

16 Süleýman patyşa altynyň ergininden 200 sany uly galkan ýasady+, her galkana 600 şekel* altyn gitdi+. 17 Ol altynyň ergininden 300 sany kiçi galkan* hem ýasady, olaryň hersine üç gadak* altyn gitdi. Patyşa olary Liwan tokaýy atly köşgünde+ goýdy.

18 Patyşa pil süňkünden ullakan tagt+ ýasap, tutuşlygyna sap altyna gaplady+. 19 Tagtyň alty basgançagy bardy, arkasy aýlawlydy. Kürsiniň tirsek goýar ýaly ýeri hem bardy, gapdalynda bolsa iki sany ýolbarsyň+ heýkeli goýlupdy. 20 Şol alty basgançakda⁠-⁠da 12 ýolbarsyň heýkeli bardy, olar her basgançagyň iki tarapynda goýlupdy. Şeýle tagt başga hiç bir patyşalykda ýokdy.

21 Süleýman patyşanyň ähli käseleri we bulgurlary altyndandy, Liwan tokaýy köşgündäki+ gap⁠-⁠gaçlary hem sap altyndandy. Kümüşden ýasalan ýekeje zadam ýokdy, sebäbi Süleýmanyň döwründe kümüş hiç zatça⁠-⁠da görülmeýärdi+. 22 Süleýman patyşanyň Tarşyş+ gämileri bardy. Olar Huramyň gämileri bilen giderdi. Şol gämiler üç ýyldan bir gezek gelip, altyn⁠-⁠kümüş, pil süňküni+, maýmynlary we tawus guşlary getirerdi.

23 Süleýman patyşa baýlykda+ we akyldarlykda+ ýer ýüzüniň ähli patyşalaryndan öňe geçdi. 24 Bütin dünýäniň halklary Hudaýyň Süleýmana beren* akyl⁠-⁠paýhasyny+ diňlemäge barmak isleýärdi*. 25 Süleýmanyň ýanyna gelen adamlar sowgat⁠-⁠serpaý edip, altyn⁠-⁠kümüşden ýasalan zatlary, egin⁠-⁠eşikleri, söweş ýaraglaryny, melhem ýagyny, atlary we gatyrlary getirerdi, her ýyl şeýle bolardy.

26 Süleýman söweş arabalaryny we atlaryny* has⁠-⁠da köpeldýärdi. Süleýmanyň 1 400 söweş arabasy, 12 000 aty* bardy+. Olary söweş arabalary üçin guran şäherlerinde we Iýerusalimde özüne golaý ýerde saklardy+.

27 Patyşa Iýerusalimde kümşi daş kimin, kedr agajyny bolsa Şepeladaky ýabany injir agajy kimin köpeltdi+.

28 Süleýmanyň atlary Müsürden getirilerdi. Patyşanyň täjirleri at sürüsini belli bir baha satyn alardylar*+. 29 Müsürden getirilen bir söweş araba 600 kümüş, bir at bolsa 150 kümüş teňňedi. Süleýmanyň täjirleri atlary we arabalary hetleriň+ patyşalaryna⁠-⁠da, Siriýanyň patyşalaryna⁠-⁠da satardylar.

11 Süleýman patyşa faraonyň gyzyna+ öýlenipdi. Ol başga milletli köp aýallara⁠-⁠da, mowap+, ammon+, edomly, sidonly+ we het+ aýallara⁠-⁠da göwün berdi+. 2 Ýehowa ysraýyllara şol milletler hakda duýduryş berip: «Olar bilen garyndaşlyk açmaň*, ýogsam olar sizi öz taňrylaryna sežde etdirer*»+ diýipdi. Süleýman bolsa şonda⁠-⁠da olara ysnyşyp, ýüregini berdi. 3 Süleýmanyň 700 aýaly, 300 gyrnagy bardy. Aýallary ony kem⁠-⁠kemden ýoldan çykardylar*. 4 Garran wagty+ aýallary Süleýmany başga taňrylara sežde etdirdiler*+. Süleýman kakasy Dawut ýaly, Ýehowa Hudaýa bütin ýüregi bilen wepaly bolmady. 5 Ol sidonlylaryň aýal taňrysy Aştorete+, ammonlaryň nejis hudaýy Milkoma+ sežde edip başlady. 6 Süleýman Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdi, ol kakasy Dawut ýaly, Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk etmedi+.

7 Süleýman Iýerusalimiň garşysynda ýerleşýän dagda mowaplaryň nejis taňrysy Kemoş, ammonlaryň nejis taňrysy+ Molek+ üçin seždegähleri*+ gurdy. 8 Ol başga milletli aýallarynyň ählisine taňrylaryna gurbanlyk berer ýaly seždegähleri gurup berdi.

9 Süleýmanyň ýüregi Ysraýyl Hudaýy Ýehowadan daşlaşypdy+, şonuň üçin Ýehowanyň gahary geldi. Hudaý Süleýmana iki gezek görnüpdi+. 10 Hudaý başga taňrylara sežde etme diýip duýdursa⁠-⁠da+, Süleýman Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asmady. 11 Ýehowa Süleýmana: «Sen baglaşan ähtimi bozup, tabşyrygyma, kada⁠-⁠kanunlaryma gulak asmadyň, şonuň üçin patyşalygy eliňden gaňryp alyp, hyzmatkärleriň birine bererin+. 12 Ýöne kakaň Dawudyň hatyrasyna aýdanlarymy sen dirikäň etmerin, patyşalygy ogluňdan alaryn+. 13 Gulum Dawudyň we saýlan şäherim Iýerusalimiň+ hatyrasyna men patyşalygy tutuşlygyna almaryn+, bir taýpany* seniň ogluňa bererin»+ diýdi.

14 Soňra Ýehowa Edom patyşasynyň neslinden edomly Hadaty+ Süleýmana garşy aýaga galdyrdy+. 15 Dawut Edomy derbi⁠-⁠dagyn edende+, Ýowap goşunbaşy uruşda wepat bolan adamlary jaýlamaga barypdy. Şonda ol Edomyň ähli erkeklerini gyrjak bolupdy. 16 Edomyň erkeklerini gyrmak üçin, Ýowap alty aýlap ysraýyl goşuny bilen şol ýerde bolupdy. 17 Hadat bolsa kakasynyň edomly hyzmatkärleriniň birnäçesi bilen Müsüre gaçyp gidipdi, şol wagt ol ýaş oglandy. 18 Olar Midýandan çykyp, Parana+ barypdylar. Soňra Hadat birnäçe adamy ýanyna alyp, Müsüre gidipdi. Müsür faraony Hadata öý we mülk berip, iýjek⁠-⁠içjegini ýetirip durdy. 19 Faraon Hadaty gowy görüp, hatda öz aýaly Tahpenesiň uýasyny hem alyp berdi. 20 Biraz wagtdan şa aýaly Tahpenesiň uýasy Hadata ogul dogurdy, adyna Genubat dakdylar. Tahpenes Genubaty faraonyň köşgünde ulaltdy*. Genubat köşkde faraonyň ogullary bilen ýaşaýardy.

21 Hadat Müsürdekä, Dawudyň+ we Ýowap goşunbaşynyň+ aradan çykandygyny eşitdi. Şonda ol faraona: «Rugsat berseň, watanyma dolanaýyn» diýdi. 22 Emma faraon: «Näme üçin gitjek bolýaň? Bärde kem zadyň barmy?» diýdi. Hadat: «Kem zadym ýok, ýöne maňa gitmäge rugsat ber» diýdi.

23 Hudaý Alyýatyň ogly Rezany hem Süleýmana garşy aýaga galdyrdy+. Rezan hojaýyny Soba patyşasy Hadatgezerden+ gaçyp gaýdypdy. 24 Dawut sobalylary derbi⁠-⁠dagyn edende+, Rezan adam ýygnap, talaňçylara baş bolupdy. Olar Damasga+ bardylar⁠-⁠da, şäheriň üstünden agalyk edip başladylar. 25 Rezan Süleýmanyň bütin ömrüne Ysraýyla duşman boldy. Ol Hadatyň eden ýamanlyklarynyň üstüni ýetirip, ysraýyllara azar ýamanyny berdi. Siriýanyň üstünden höküm sürýärkä⁠-⁠de, ol ysraýyllary ýigrenýärdi.

26 Süleýmana zeredaly hyzmatkäri+ Ýerobgam+ hem garşy çykyp* başlady+. Ýerobgam efraýymlardan Nebatyň ogludy, dul galan ejesiniň ady Zeruýady. 27 Ýerobgamyň patyşa garşy çykmagyna şu zatlar sebäp bolupdy: Süleýman Millony*+ gurup, kakasy Dawudyň şäheriniň+ diwarynyň ýumrulan ýerlerini dikeldipdi. 28 Ýerobgam başarjaň ýigitdi. Süleýman onuň jan edip işleýändigini görüp, Ýusubyň taýpasyndaky işçilere baş edip goýupdy+. 29 Bir gün Ýerobgam Iýerusalimden çykyp barýarka, ýolda şiloly Ahyýar pygambere+ duşdy. Ahyýaryň egninde täze dony bardy. Olaryň ýanynda başga hiç kim ýokdy. 30 Ahyýar egnindäki täze donuny çykardy⁠-⁠da, 12 bölege böldi. 31 Soňra ol Ýerobgama şeýle diýdi:

«Donuň on bölegini özüňe al, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men patyşalygy Süleýmanyň elinden alyp, on taýpasyny saňa bererin+. 32 Ýöne gulum Dawudyň hatyrasyna+ ysraýyl taýpalaryndan saýlan şäherim Iýerusalim+ üçin bir taýpany oňa galdyraryn+. 33 Sebäbi halkym menden ýüz öwrüp+, sidonlylaryň aýal taňrysy Aştorete, mowap taňrysy Kemoşa, ammon taňrysy Milkoma sežde edýär. Olar Süleýmanyň kakasy Dawut ýaly, kada⁠-⁠kanunlarymy, hökümlerimi ýerine ýetirmeýär, ýolumdan ýöremeýär, öňümde dogry iş etmeýär. 34 Ýöne saýlan gulum Dawudyň hatyrasyna+ patyşalygy Süleýmanyň elinden tutuşlygyna almaryn, ol ömrüniň ahyryna çenli halkyma baştutan bolar. Sebäbi kakasy Dawut tabşyryklaryma, kada⁠-⁠kanunlaryma gulak asypdy. 35 Men patyşalygy Süleýmanyň oglunyň elinden alyp, on taýpasyny saňa bererin+. 36 Bir taýpany bolsa Süleýmanyň ogluna bererin. Şonda adymy şöhratlandyrmak üçin saýlan şäherim Iýerusalimde, huzurymda gulum Dawudyň çyragy* hiç haçan sönmez+. 37 Men seni saýlap, Ysraýyla patyşa ederin, halkyň üstünden höküm sürersiň. 38 Eger gulum Dawut ýaly, ähli buýruklarymy, kada⁠-⁠kanunlarymy we tabşyryklarymy ýerine ýetirip, ýolumdan ýöreseň, öňümde dogry işleri etseň+, seni⁠-⁠de goldaryn. Saňa⁠-⁠da Dawudyňky ýaly hiç wagt sarsmajak öý gurup*+, Ysraýyly eliňe bererin. 39 Dawudyň neslini eden etmişleri üçin abraýdan düşürerin+, ýöne hemişe beýle bolmaz“»+.

40 Süleýman Ýerobgamy öldürjek boldy, Ýerobgam bolsa Müsür+ faraony Şişagyň+ ýanyna gaçyp gidip, Süleýman aradan çykýança, şol ýerde ýaşady.

41 Süleýmanyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri we akyldarlygy hakda Süleýmanyň taryhy kitabynda ýazylandyr+. 42 Ol Iýerusalimde tutuş Ysraýylyň üstünden 40 ýyl höküm sürdi. 43 Soňra Süleýman aradan çykyp, kakasy Dawudyň şäherinde jaýlandy. Süleýmanyň ýerine ogly Rehobam+ patyşa boldy.

12 Rehobam Şekeme+ gitdi, sebäbi ysraýyllar ony patyşa etmek üçin şol ýere ýygnanypdy+. 2 Muny Nebatyň ogly Ýerobgam hem eşitdi. Şol wagt Ýerobgam Süleýman patyşadan gaçyp, Müsürde ýaşap ýördi+. 3 Ysraýyllar adam iberip, Ýerobgamy getirtdiler. Ýerobgam bilen ysraýyllar Rehobamyň ýanyna baryp: 4 «Kakaň gerdenimize agyr ýük* goýdy+. Eger ýükümizi ýeňledip, azapdan dyndyrsaň, saňa hyzmat ederis» diýdiler.

5 Rehobam: «Ýene üç günden* geliň» diýdi. Adamlar patyşanyň ýanyndan gaýtdylar+. 6 Soňra Rehobam kakasy Süleýmana hyzmat eden ýaşulular bilen maslahatlaşyp: «Halka näme jogap bereýin? Siz nähili maslahat berýäňiz?» diýip sorady. 7 Olar hem: «Eger sen halka eglişik edip*, haýyşyny bitirseň, halky razy etseň, olar hemişe saňa hyzmat eder» diýdiler.

8 Emma Rehobam ýaşulularyň beren maslahatyny diňlemedi. Ol özi bilen deň⁠-⁠duş geňeşçi* ýigitlere maslahat saldy+. 9 Rehobam olardan: «Halk kakamyň atan agyr ýüküni ýeňlet diýýär, olara näme jogap bereýin? Siz näme maslahat berýäňiz?» diýip sorady. 10 Şonda deň⁠-⁠duş ýigitleri şeýle diýdiler: «„Kakaň atan agyr ýüküni ýeňlet“ diýen halka: „Kakamyň bili meniň barmagymça⁠-⁠da* ýokdur. 11 Kakam gerdeniňize agyr ýük goýan bolsa, men üstüne ýene goşaryn. Ol sizi gamçy bilen uran bolsa, men tikenli gamçy bilen ýenjerin“ diý».

12 Ýerobgam bilen tutuş halk Rehobam patyşanyň aýdyşy ýaly, üç günden ýanyna bardylar+. 13 Emma patyşa ýaşulularyň beren maslahatyna gulak asman, halka gödek jogap berdi. 14 Ol ýaş ýigitleriň maslahatyny diňläp, halka: «Kakam gerdeniňize agyr ýük goýan bolsa, men üstüne ýene goşaryn. Ol sizi gamçy bilen uran bolsa, men tikenli gamçy bilen ýenjerin» diýdi. 15 Patyşa adamlary diňlemegem islemedi, sebäbi şeýle bolmagyna Ýehowa ýol beripdi+. Şeýlelikde, Ýehowanyň şiloly Ahyýar pygamber arkaly Nebatyň ogly Ýerobgama aýdan sözleri berjaý boldy+.

16 Patyşanyň diňlemändigini görüp, ysraýyllar: «Dawut bilen hiç hili şärikligimiz ýok! Ýessäniň oglunyň mirasyndan bize paý berilmez. Ysraýyllar, öz taňrylaryňyza dolanyň! Eý Dawudyň nesli, siz bolsa indi öz günüňizi özüňiz görüň!» diýdiler. Şeýdip, ysraýyllar öýli⁠-⁠öýüne* dargady+. 17 Rehobam bolsa Ýahudanyň şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllaryň üstünden höküm sürmegi dowam etdi+.

18 Soňra Rehobam patyşa agyr işde işleýänlere gözegçilik edýän Adoramy+ ysraýyllaryň ýanyna iberdi, ýöne halk ony daşlap öldürdi. Rehobam bolsa söweş arabasyna münüp, Iýerusalime gaçyp gitdi+. 19 Ysraýyllar gozgalaň turuzdylar+, olar häzire çenli Dawudyň öýüne duşman bolup ýaşaýar.

20 Ýerobgamyň dolanyp gelendigini eşidip, tutuş ysraýyl halky bir ýere jemlendi. Olar Ýerobgamy çagyryp, ony tutuş Ysraýyla patyşa edip bellediler+. Dawudyň neslini bolsa diňe ýahuda taýpasy goldady+.

21 Süleýmanyň ogly Rehobam Iýerusalime geldi⁠-⁠de, ysraýyllar bilen söweşmek üçin ýahuda we benýamin taýpalaryndan 180 000 edermen* esgeri ýygnady, ol patyşalygy yzyna aljak bolýardy+. 22 Şonda hak Hudaý Şemaýa pygambere*+ şeýle diýdi: 23 «Git⁠-⁠de, Ýahuda patyşasy Süleýmanyň ogly Rehobama, ýahuda bilen benýamin taýpalaryna we galan halka aýt: 24 „Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl doganlaryňyza garşy çykmaň, olar bilen söweşmäň, hemmäňiz öýli⁠-⁠öýüňize gaýdyň. Sebäbi şeýle bolmagyna men ýol berdim“»+. Olar Ýehowanyň sözüne gulak asyp, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, öýli⁠-⁠öýüne gaýtdylar.

25 Ýerobgam Efraýymyň daglarynda ýerleşýän Şekemi+ gaýtadan dikeldip, şol ýerde ýaşady. Soňra gidip, Penuweli+ dikeltdi. 26 Ýerobgam içinden: «Patyşalyk ýene⁠-⁠de Dawudyň nesline geçer+. 27 Sebäbi halk gurbanlyk bermek üçin entegem Ýehowanyň öýüne, Iýerusalime gidip+ ýör. Olaryň ýüregi Ýahuda patyşasy Rehobama tarap öwrüler. Olar meni öldürip, Ýahuda patyşasy Rehobamyň tarapyna geçerler» diýdi. 28 Ol adamlary bilen maslahatlaşyp, iki altyn göle ýasady⁠-⁠da+, halka: «Iýerusalime gidip kösenmäň. Eý Ysraýyl, ine sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz»+ diýdi. 29 Ýerobgam olaryň birini Beýtelde+, beýlekisini Danda+ goýdy. 30 Şeýdip, halk günä edip başlady+, olar gölä sežde etmek üçin, hatda Dan topragyna⁠-⁠da gidýärdiler.

31 Soňra Ýerobgam depelerde seždegähleri* gurup, lewi taýpasyndan bolmadyk adamlary ruhany belledi+. 32 Ýerobgam sekizinji aýyň 15⁠-⁠ni baýramçylyk diýip yglan edip, Ýahuda ýurdundaky ýaly baýramçylyk girizdi+. Ol Beýteldäki+ gurbanlyk ojagynda* öz ýasan göleleri üçin gurbanlyk berdi. Beýtelde guran seždegählerinde ruhanylary belledi. 33 Ýerobgam öz saýlan aýynda, sekizinji aýyň 15⁠-⁠ne ysraýyllar üçin baýramçylyk girizip, Beýtelde guran gurbanlyk ojagynda gurbanlyk berip başlady. Ol gurbanlyklary ýakmak üçin gurbanlyk ojagynyň ýanyna geldi.

13 Ýerobgam Beýteldäki gurbanlyk ojagynda*+ gurbanlyk berjek bolup durka, Ýehowanyň buýrugy bilen, Ýahudadan bir pygamber*+ geldi. 2 Pygamber gurbanlyk ojagyna garşy Ýehowanyň şeýle sözlerini aýtdy: «Eý gurbanlyk ojagy! Ýehowa şeýle diýýär: „Dawudyň öýünde Ýoşyýa+ atly bir ogul doglar. Ol seždegählerde* hyzmat edýän we gurbanlyk ýakýan ruhanylary seniň üstüňde gurban berer, üstüňde adam süňklerini ýakar“»+. 3 Şol gün pygamber gudrat boljakdygyny aýdyp: «Ýehowa şeýle gudrat görkezer: gurbanlyk ojagy çym⁠-⁠pytrak bolup, küli* ýere döküler» diýdi.

4 Gurbanlyk ojagynyň ýanynda duran Ýerobgam patyşa hak Hudaýyň gulunyň Beýteldäki gurbanlyk ojagyna garşy aýdan sözlerini eşiden badyna, elini uzadyp: «Tutuň ony!»+ diýip gygyrdy. Emma Ýerobgamyň pygambere tarap uzadan eli şol bada gurady*, elini gymyldadyp hem bilmedi+. 5 Soňra hak Hudaýyň gulunyň aýdyşy ýaly, gudrat boldy: gurbanlyk ojagy çym⁠-⁠pytrak bolup, küli ýere döküldi. Şeýdip, Ýehowanyň sözi berjaý boldy.

6 Patyşa hak Hudaýyň guluna: «Ýalbarýaryn, Ýehowa Hudaýyňa dileg et, goý, ol maňa rehim edip, elimi sagaltsyn»+ diýdi. Hak Hudaýyň guly ýalbaryp, Ýehowadan rehim⁠-⁠şepagat diledi welin, patyşanyň eli sagaldy. 7 Şonda patyşa hak Hudaýyň guluna: «Ýör, öýe gideli, birki agyz çörek iý. Saňa sowgat⁠-⁠serpaý bereýin» diýdi. 8 Emma hak Hudaýyň guly şeýle diýdi: «Ýok, maňa mal⁠-⁠mülküň ýarysyny berseňem gitmerin. Bärde çöregem iýmerin, suwam içmerin. 9 Sebäbi Ýehowa: „Çöregem iýme, suwam içme, yzyňa⁠-⁠da başga ýol bilen gaýt“ diýip tabşyrdy». 10 Şeýdip, pygamber Beýtelden ýola düşdi, ýöne gelen ýoly bilen däl⁠-⁠de, başga ýol bilen gaýtdy.

11 Beýtelde bir garry pygamber ýaşaýardy. Ogullary öýe gelip, şol gün hak Hudaýyň gulunyň Beýtelde patyşa aýdan sözlerini we eden zatlaryny gürrüň berdiler. Olaryň gürrüňini diňläp, 12 kakalary: «Pygamber haýsy ýoldan gitdi?» diýip sorady. Şonda ogullary ýahudaly pygamberiň* giden ýoluny görkezdiler. 13 Ol: «Eşegi gaňňalaň» diýdi. Ogullary eşegi gaňňalap berdiler, ol hem ýola düşdi.

14 Ýaňky adam hak Hudaýyň gulunyň yzyndan ýetdi. Görse, pygamber bir uly agajyň aşagynda otyr. Goja ondan: «Sen Ýahudadan gelen hak Hudaýyň gulumy?»+ diýip sorady. Ol: «Hawa» diýip jogap berdi. 15 Garry adam: «Ýör, öýe gidip, çörek iýeli» diýdi. 16 Emma hak Hudaýyň guly: «Ýok, öýüňe gidip, myhman bolup bilmerin. Bärde çöregem iýmerin, suwam içmerin. 17 Sebäbi Ýehowa: „Ol ýerde çöregem iýme, suwam içme, yzyňa⁠-⁠da başga ýol bilen gaýt“ diýip tabşyrdy» diýdi. 18 Şonda garry adam şeýle diýdi: «Menem seniň ýaly pygamber. Ýehowanyň perişdesi maňa: „Pygamberi öýüňe alyp gaýt⁠-⁠da, naharla“ diýdi». Aslynda, ol hak Hudaýyň guluny aldaýardy. 19 Şeýlelikde, pygamber onuň öýüne iýip⁠-⁠içmäge gitdi.

20 Saçak başynda otyrkalar, pygamberi yzyna alyp gaýdan garry adama Ýehowa öz habaryny aýtdy. 21 Şonda ol Ýahudadan gelen hak Hudaýyň guluna batly ses bilen: «Ýehowa şeýle diýýär: „Sen Ýehowanyň buýrugyna garşy gidip, Ýehowa Hudaýyň tabşyrygyny bozduň. 22 Saňa: „Ol ýerde çöregem iýme, suwam içme“ diýip tabşyrylsa⁠-⁠da, iýip⁠-⁠içmek üçin yzyňa dolandyň. Şol sebäpli sen ata⁠-⁠babalaryň mazarynda jaýlanmarsyň“»+ diýdi.

23 Hak Hudaýyň guly iýip⁠-⁠içip bolanda, garry pygamber oňa eşegi gaňňalap berdi. 24 Hak Hudaýyň guly ýola düşdi. Ýolda öňünden ýolbars çykyp, ony öldürdi+. Pygamberiň jesedi ýoluň ugrunda ýatyrdy, eşek bilen ýolbars bolsa ýanynda durdy. 25 Ýoldan geçip barýanlar jesedi we ýanynda duran ýolbarsy gördüler. Olar garry pygamberiň ýaşaýan şäherine gelip, gören zatlaryny gürrüň berdiler.

26 Muny eşidip, garry pygamber: «Ol hak Hudaýyň guludyr+. Ýehowa ony ýolbarsa parçaladandyr, sebäbi ol Ýehowanyň buýrugyna garşy gitdi. Ýehowa aýdyşy ýaly hem edipdir»+ diýdi. 27 Soňra ol: «Eşegi gaňňalaň» diýdi. Ogullary eşegi gaňňalap berdiler. 28 Ol gidip, ýolda ýatan jesedi tapdy. Eşek bilen ýolbars hem ýanynda duran eken. Ýolbars jesedi iýmändir, eşege⁠-⁠de topulmandyr. 29 Garry pygamber hak Hudaýyň gulunyň jesedini eşege ýükledi⁠-⁠de, ýasyny tutup jaýlamak üçin, ýaşaýan şäherine alyp gaýtdy. 30 Garry pygamber ony öz mazarynda jaýlap: «Wah, doganym!» diýip aglady. 31 Jaýlap bolansoň, goja ogullaryna: «Aradan çyksam, meni hak Hudaýyň gulunyň ýanynda jaýlaň, süňklerimi onuň süňkleriniň+ ýanynda goýuň. 32 Ýehowanyň şu pygamber arkaly Beýteldäki gurbanlyk ojagyna we Samariýa şäherlerinde gurlan seždegählere+ garşy aýdan sözi hökman berjaý bolar»+ diýdi.

33 Şu zatlardan soňam Ýerobgam ýaman ýolundan dänmedi. Gaýtam seždegählerde ýönekeý adamlardan ruhanylary belledi+. Ol ruhany bolasy gelýän islendik adamy: «Goý, seždegähde ruhany bolsun»+ diýip, ruhany bellärdi. 34 Ýerobgamyň öý⁠-⁠içerisiniň eden günäsi+ olaryň başyna ýetdi, bütinleý gyrylmagyna sebäp boldy+.

14 Bir gün Ýerobgamyň ogly Abyýar keselledi. 2 Ýerobgam aýalyna: «Şilo şäherine, Ahyýar pygamberiň ýanyna git. Ol maňa halkyň üstünden patyşa boljagymy aýdypdy+. Ýöne sen eşigiňi çalyş, hiç kim meniň aýalymdygyňy bilmesin. 3 Pygambere on çörek, künjüli külçe, bir küýze bal äkit. Ol oglumyza näme boljagyny aýdar» diýdi.

4 Ýerobgamyň aýaly ähli zady aýdyşy ýaly etdi. Ol Şilo şäherine+, Ahyýar pygamberiň öýüne bardy. Ahyýar garry bolansoň, gözi kütelip, hiç zat görmeýärdi.

5 Ýehowa Ahyýar pygambere: «Ýanyňa Ýerobgamyň aýaly geler. Ol syrkaw ýatan ogluna näme boljagyny sorar, oňa näme diýmelidigiňi aýdaryn. Ýöne ol özüni tanatmajak bolar» diýip duýdurypdy.

6 Aýal gapydan girip gelýärkä, Ahyýar aýak sesini eşidip, şeýle diýdi: «Giriber, Ýerobgamyň aýaly, näme özüňi tanatmajak bolýaň? Hudaýyň adyndan aýtjak habarym⁠-⁠a gowy däl. 7 Git⁠-⁠de, Ýerobgama aýt: „Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Seni halkyň arasyndan saýlap, ysraýyl halkyma baştutan etdim+. 8 Patyşalygy Dawudyň neslinden alyp, saňa berdim+. Sen bolsa gulum Dawut ýaly, tabşyryklarymy ýerine ýetirmediň, bütin ýüregiň bilen gulluk etmediň. Dawut öňümde diňe dogry işleri edipdi+. 9 Sen bolsa erbetlik etmekde öňki patyşalardan hem geçirdiň. Ýalan taňry, guýma butlary ýasap, göwnüme degdiň+, menden ýüz öwürdiň*+. 10 Şonuň üçin Ýerobgamyň maşgalasyny betbagtçylyga uçradyp, ähli erkek göbeklilerini, hatda ejiz, gowşak adamlaryny hem Ysraýyldan ýok ederin. Malýatagyň tezekden arassalanyşy ýaly, Ýerobgamyň maşgalasyny syryp⁠-⁠süpürip taşlaryn+. 11 Ýerobgamyň maşgalasynyň şäherde ölenlerini itler iýer, açyk meýdanda ölenleri guşlara şam bolar, muny Ýehowa aýdýar“.

12 Bar, indi öýüňe gaýt. Şähere aýak basan badyňa, çagaň öler. 13 Tutuş Ysraýyl ýas tutup, ogluňy jaýlar. Ýerobgamyň maşgalasyndan diňe şol ogluň mazarda jaýlanar, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Ýehowa onuň ýüreginde ýagşy zady görüpdir. 14 Ýehowa Ysraýyla başga patyşa saýlar. Şol patyşa Ýerobgamyň maşgalasyny bütinleý ýok eder+. Hudaý muny hökman eder, eýýäm edip başlady. 15 Ýehowa Ysraýyla jeza berer, olar suwda yranyp duran gamyş ýaly bolar. Hudaý Ysraýyly ata⁠-⁠babalaryna beren gowy ýurdundan köki bilen sogrup+, derýanyň* aňry ýüzüne zyňar+. Olar keramatly pürsleri* dikip+, Ýehowanyň göwnüne degdiler. 16 Ýerobgamyň eden we Ysraýyla etdiren günäleri+ üçin, Hudaý Ysraýyly terk eder».

17 Ýerobgamyň aýaly ýola düşdi. Ol Tirsa gelip, öýüniň bosagasyndan ätlän badyna, ogly jan berdi. 18 Ýehowanyň guly Ahyýar pygamberiň aýdyşy ýaly, tutuş Ysraýyl halky oglany jaýlap, ýas tutdy.

19 Ýerobgamyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, gatnaşan söweşleri+ we hökümdarlyk edişi hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 20 Ýerobgam 22 ýyl höküm sürüp, aradan çykdy+, ýerine ogly Nadap patyşa boldy+.

21 Süleýmanyň ogly Rehobam Ýahudada höküm sürýärdi. Rehobamyň ejesi Nagymaý ammon halkyndandy+. Rehobam 41 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 17 ýyl höküm sürdi. Ýehowa öz adyny şöhratlandyrmak+ üçin ysraýyl taýpalaryndan Iýerusalim şäherini saýlapdy+. 22 Emma Ýahuda halky Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. Olaryň eden günäleri ata⁠-⁠babalaryndan hem geçirdi+. 23 Olar her bir beýik baýyrda+, uly agajyň aşagynda+ seždegähleri* gurup, keramatly sütünleri, keramatly pürsleri*+ dikýärdiler. 24 Ýurduň buthanalarynda azgyn erkekler*+ hem bardy. Halk Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran milletleriniň nejis işlerine baş goşdy.

25 Rehobamyň hökümdarlygynyň bäşinji ýylynda, Müsür faraony Şişak+ Iýerusalime çozdy+. 26 Ol Ýehowanyň öýündäki we şa köşgündäki hazynalary+ talap, Süleýmanyň ýasadan altyn galkanlaryna+ çenli alyp gitdi. 27 Rehobam patyşa olara derek mis galkanlary ýasadyp, köşgüň agzynda durýan garawullaryň* baştutanlaryna berdi. 28 Patyşa her gezek Ýehowanyň öýüne gelende, garawullar şol galkanlary eline alyp çykardylar, soňra ýene⁠-⁠de garawulhana äkidip goýardylar.

29 Rehobamyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda+ ýazylandyr. 30 Rehobam bilen Ýerobgamyň arasynda elmydama söweş bolardy+. 31 Soňra Rehobam aradan çykyp, Dawudyň şäherinde, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýlandy+. Rehobamyň ejesi Nagymaý ammon halkyndandy+. Rehobamyň ýerine ogly Abyýam*+ patyşa boldy.

15 Nebatyň ogly Ýerobgamyň hökümdarlygynyň+ 18⁠-⁠nji ýylynda, Abyýam Ýahudanyň patyşasy boldy+. 2 Ol Iýerusalimde üç ýyl höküm sürdi. Ejesi Magaka+ Abyselimiň* agtygydy. 3 Abyýam kakasynyň eden ähli günäsini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly, Ýehowa Hudaýa bütin ýüregi bilen gulluk etmedi. 4 Emma Dawudyň hatyrasyna+ Ýehowa Abyýamyň ýerine ogluny patyşa belläp, neslini Iýerusalimde şa tagtynda oturtdy*+, Iýerusalimiň hem weýran edilmegine ýol bermedi. 5 Sebäbi Dawut Ýehowanyň öňünde dogry işleri edipdi, diňe hetlerden Uryýa garşy eden günäsi+ diýmeseň, bütin ömrüne Hudaýyň tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirdi. 6 Rehobam dünýäden ötýänçä, hemişe Ýerobgam bilen söweşerdi+.

7 Abyýamyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr+. Abyýam bilen Ýerobgamyň arasynda⁠-⁠da söweş bolardy+. 8 Soňra Abyýam aradan çykyp, Dawudyň şäherinde jaýlandy, ýerine ogly Asa+ patyşa boldy+.

9 Ysraýyl patyşasy Ýerobgamyň hökümdarlygynyň 20⁠-⁠nji ýylynda, Asa Ýahudanyň patyşasy boldy. 10 Asa Iýerusalimde 41 ýyl höküm sürdi. Mamasy Magaka+ Abyselimiň* agtygydy. 11 Asa hem atasy Dawut ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri etdi+. 12 Ol buthanalardaky ähli azgyn erkekleri* ýurtdan kowdy+, ata⁠-⁠babalarynyň ýasan ýigrenji butlaryny*+ ýok etdi. 13 Asa hatda mamasy Magagy+ hem şa aýalyň wezipesinden aýyrdy, sebäbi ol ýigrenji but ýasap, keramatly pürse* sežde edýärdi. Asa mamasynyň ýasan ýigrenji butuny çapyp+, Kidron jülgesinde+ ýakdy. 14 Emma seždegähler* ýok edilmändi+. Asa bolsa bütin ömrüne Ýehowa ýürekden gulluk etdi. 15 Ol özüniň⁠-⁠de, kakasynyň⁠-⁠da Hudaýa bagyş eden* altyn⁠-⁠kümüşlerini we gap⁠-⁠gaçlaryny+ Ýehowanyň öýüne getirdi.

16 Ysraýyl patyşasy Başa+ elmydama Asa bilen söweşerdi. 17 Ysraýyl patyşasy Başa Ýahuda garşy söweşe çykdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň+ ýurduna gelip gidýänleriň ýoluny ýapmak üçin, Rama galasyny+ dikeldip başlady. 18 Şonda Asa Ýehowanyň öýündäki we köşkdäki hazynalarda galan altyn⁠-⁠kümüşleri alyp, hyzmatkärlerine berdi⁠-⁠de, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasyna+, Tabrymonyň ogly, Hezýonyň agtygy Benhadata iberdi. Asa Benhadata: 19 «Kakalarymyz hem, ikimiz hem ylalaşyk* baglaşypdyk. Ine şu altyn⁠-⁠kümüşleri saňa sowgat iberýärin. Gel⁠-⁠de, Ysraýyl patyşasy Başa bilen baglaşan ylalaşygyňy boz, goý, ol ýurdumdan yza çekilsin» diýip habar ýollady. 20 Benhadat Asa patyşanyň aýdyşy ýaly edip, goşun serkerdelerini Ysraýyl şäherlerine hüjüm etmäge iberdi. Olar gidip, Iýony+, Dany+, Abyl⁠-⁠beýtmagagy, tutuş Kinnereti we Naftaly topragyny basyp aldylar. 21 Başa muny eşiden badyna, Ramany dikeltmegini goýup, Tirsa+ dolandy. 22 Asa patyşa bolsa Ýahuda ilatyny çagyryp, Başanyň gurluşykda ulanan daşlaryny we agaçlaryny Rama galasyndan daşatdy. Patyşa şol daşlar we agaçlar bilen Benýamin topragynda ýerleşýän Gebany+ we Mispany+ dikeltdi.

23 Asanyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, şan⁠-⁠şöhraty, ähli eden işleri we dikelden şäherleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. Emma ol garran wagty aýagagyrydan ejir çekdi+. 24 Soňra Asa aradan çykyp, atasy Dawudyň şäherinde, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýlandy. Asanyň ýerine ogly Ýehoşapat+ patyşa boldy.

25 Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynda, Ýerobgamyň ogly Nadap+ Ysraýylyň patyşasy boldy. Ol Ysraýylda iki ýyl höküm sürdi. 26 Nadap Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. Ol kakasynyň ýaman ýolundan ýöräp+, Ysraýyla etdiren ähli günälerine baş goşdy+. 27 Nadap bilen ysraýyllar piliştlileriň Gibeton şäherini+ gabap ýörkä, Ysaharyň neslinden Ahyýaryň ogly Başa Nadaba garşy dildüwşük gurap, ony Gibetonda öldürdi. 28 Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň üçünji ýylynda, Başa Nadaby öldürip, ýerine özi patyşa boldy. 29 Başa tagta geçen badyna, Ýerobgamyň neslini bütinleý gyrdy. Ýehowanyň guly şiloly Ahyýar pygamberiň aýdyşy ýaly, Başa Ýerobgamyň maşgalasynda hiç kimi diri galdyrman, ählisini gyrdy+. 30 Muňa Ýerobgamyň özi günäkärdi, ol günäli işlere baş goşup, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň göwnüne degipdi, halka⁠-⁠da günä etdiripdi. 31 Nadabyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 32 Ysraýyl patyşasy Başa elmydama Asa bilen söweşerdi+.

33 Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň üçünji ýylynda, Ahyýaryň ogly Başa Tirsada tutuş Ysraýyla patyşa boldy. Ol 24 ýyl höküm sürdi+. 34 Başa Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp, onuň Ysraýyla etdiren ähli günälerine baş goşdy+.

16 Ýehowa Hananýaryň+ ogly Ýehuw+ arkaly Başa patyşa garşy şeýle sözleri aýtdy: 2 «Sen hiç kimdiň*, emma men seni ysraýyl halkyma baştutan+ edip goýdum. Sen bolsa Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp, ysraýyl halkyma günä etdirdiň. Olar günä edip+, göwnüme degdiler. 3 Şonuň üçin Nebatyň ogly Ýerobgamyň maşgalasyny ýok edişim ýaly+, Başanyň tutuş maşgalasyny hem ýok ederin. 4 Başanyň maşgalasynyň şäherde ölenlerini itler iýer, açyk meýdanda ölenleri guşlara şam bolar».

5 Başanyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, eden işleri we şan⁠-⁠şöhraty hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 6 Soňra Başa aradan çykyp, Tirsada+ jaýlandy, ýerine ogly Elah patyşa boldy. 7 Başa Ýerobgamyň maşgalasy ýaly, Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşup, Hudaýyň göwnüne degdi, Nadaby hem öldürdi+. Şol sebäpli Ýehowa Hananýaryň ogly Ýehuw pygamber arkaly Başa we maşgalasyna garşy hökümini aýtdy.

8 Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň 26⁠-⁠njy ýylynda, Başanyň ogly Elah Tirsada Ysraýylyň patyşasy boldy. Ol iki ýyl höküm sürdi. 9 Bir gün Elah Tirsada köşgüň işlerine seredýän emeldary Arsanyň öýünde serhoş bolup otyrdy. Şonda Zimri atly hyzmatkäri Elaha garşy dildüwşük gurady. Zimri söweş arabaly goşunyň ýarysynyň baştutanydy. 10 Zimri gelip, Elahy öldürdi⁠-⁠de+, ýerine özi patyşa boldy. Şol waka Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň 27⁠-⁠nji ýylynda bolupdy. 11 Zimri patyşa bolup, tagta çykan badyna, Başanyň tutuş maşgalasyny gyrdy. Ol Başanyň dogan⁠-⁠garyndaşlarynyň*, dost⁠-⁠ýarlarynyň birine⁠-⁠de rehim etmän, ähli erkek göbeklisini öldürdi. 12 Zimri Başanyň bütin maşgalasyny gyrdy. Şeýdip, Ýehowanyň Ýehuw pygamber arkaly Başa barada aýdan sözi berjaý boldy+. 13 Sebäbi Başa we ogly Elah günä edip, dereksiz butlary+ bilen Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň göwnüne degipdi, halka⁠-⁠da günä etdiripdi. 14 Elahyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr.

15 Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň 27⁠-⁠nji ýylynda, ysraýyl esgerleri piliştlileriň Gibeton şäherini+ gabap ýörkä, Zimri Tirsada patyşa boldy. Ol ýedi gün höküm sürdi. 16 Şäheriň daşyny gaban esgerler Zimriniň patyşany öldürendigini eşitdiler. Şol gün olar* düşelgede goşunbaşy Omrany+ Ysraýylyň patyşasy edip bellediler. 17 Omra esgerleri* bilen Gibetondan gaýdyp, Tirsanyň daşyny gabady. 18 Zimri bolsa şäheriň basylyp alnandygyny görüp, köşgüň diňine çykdy⁠-⁠da, köşgi otlap, içinde ýanyp öldi+. 19 Şol zatlar Zimriniň eden we Ysraýyla etdiren günäleri sebäpli bolupdy. Ol Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edipdi+. 20 Zimriniň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar we guran dildüwşügi hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr.

21 Şondan soň ysraýyl halky ikä bölündi. Olaryň ýarysy Gynatyň ogly Tibniniň tarapyna geçip, ony patyşa etmekçi boldy, ýarysy bolsa Omranyň tarapyny tutdy. 22 Ýöne Omranyň tarapyny tutanlar Gynatyň ogly Tibniniň tarapyna geçenlerden üstün çykdy. Şeýlelikde, Tibni öldi, Omra bolsa patyşa boldy.

23 Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň 31⁠-⁠nji ýylynda, Omra Ysraýylyň patyşasy bolup, 12 ýyl hökümdarlyk etdi. Ol Tirsada alty ýyl höküm sürdi. 24 Omra patyşa Şemerden iki batman* kümşe Samariýa dagyny satyn alyp, şäher gurdy. Ol dagyň eýesi Şemere hormat hökmünde şäheriň adyna Samariýa*+ goýdy. 25 Omra Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi, erbetlik etmekde öňki patyşalardan⁠-⁠da geçirdi+. 26 Ol Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp, dereksiz butlary bilen Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň göwnüne degdi+. 27 Omranyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, eden işleri we görkezen edermenlikleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 28 Omra aradan çykyp, Samariýada jaýlandy, ýerine ogly Ahap+ patyşa boldy.

29 Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň 38⁠-⁠nji ýylynda, Omranyň ogly Ahap Ysraýylyň patyşasy boldy. Ol Samariýada+ Ysraýylyň üstünden 22 ýyl höküm sürdi. 30 Omranyň ogly Ahap Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşup, ýamanlyk etmekde öňki patyşalardan⁠-⁠da geçirdi+. 31 Ol Nebatyň ogly Ýerobgamyň eden günälerini+ gaýtalady. Muny hem az görýän ýaly, sidonlylaryň+ patyşasy Etbagalyň gyzy Izabele+ öýlenip, Bagala sežde edip+ başlady. 32 Soňra ol Samariýada Bagal üçin buthana+ gurup, Bagala gurbanlyk ojagyny* ýasady. 33 Ahap keramatly pürs*+ hem ýasady. Ol Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň göwnüne degip, erbet işleri etmekde Ysraýylyň öňki patyşalaryndan has⁠-⁠da geçirdi.

34 Ahabyň höküm sürýän döwri beýtelli Hyýal Ýerihony gaýtadan dikeltdi. Ol şäheriň düýbüni tutanda nowbahar ogly Abyramdan, derwezelerini oturdanda bolsa körpe ogly Segupdan aýryldy. Şonda Ýehowanyň Nun ogly Ýuşa arkaly aýdan sözi+ berjaý boldy.

17 Gilead+ topragynda ýaşaýan tişbeli Ylýas* pygamber+ Ahaba: «Birnäçe ýyllap ýurda ne çyg düşer, ne⁠-⁠de ýagyş ýagar. Meniň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýym Ýehowa diri şaýatdyr, özüm aýdýançam, hiç zat ýagmaz»+ diýdi.

2 Soňra Ýehowa Ylýasa şeýle diýdi: 3 «Gündogara git⁠-⁠de, Kerit jülgesinde gizlen, ol Iordan derýasynyň gündogaryndadyr. 4 Sen çeşme suwundan içersiň, iýjek çöregiňi bolsa gargalara* getirderin»+. 5 Ylýas derrew ýola düşüp, Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Ol Iordanyň gündogarynda ýerleşýän Kerit jülgesine bardy. 6 Ol çeşmäniň suwundan içerdi, gargalar bolsa ertirine⁠-⁠agşamyna çörek bilen et* getirip durardy+. 7 Ýurda ýagyş ýagmansoň, birnäçe günden çeşme gurady+.

8 Şonda Ýehowa Ylýasa şeýle diýdi: 9 «Tur⁠-⁠da, Sidonyň Sarepta şäherine git. Bir dul aýala saňa nahar bermegi tabşyraryn»+. 10 Ylýas turup, Sarepta gitdi. Ol şäheriň derwezesinden giren badyna, odun çöpläp ýören dul aýaly gördi. Ylýas: «Bir käse suw beräý»+ diýdi. 11 Aýal suw almaga gidip ugranda, Ylýas yzyndan: «Gaýrat edip, bir döwüm çöregem alyp gaýt» diýdi. 12 Şonda aýal: «Ýehowa Hudaýyň diri şaýatdyr, mende hiç hili çörek ýok. Uly küýzämde bary⁠-⁠ýogy bir goşawuç un, kiçi küýzämde⁠-⁠de azajyk ýag bar+. Şu wagt odun çöpläp ýörün, öýe gidip, bir zat bişirjek. Oglum ikimiz soňkuja çöregimizi iýeris⁠-⁠de, öleris» diýdi.

13 Ylýas: «Gorkma, öýüňe git⁠-⁠de, aýdyşyň ýaly et. Ýöne galanja unuňdan ilki maňa bir kiçiräk çörek bişirip ber. Soňam ogluň bilen özüňe bişirersiň. 14 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Ýehowa ýurda ýagyş ýagdyrýança, uly küýzedäki un, kiçi küýzedäki ýag gutarmaz“»+ diýdi. 15 Aýal gidip, Ylýasyň aýdyşy ýaly etdi. Ençeme günläp Ylýasyňam, dul aýal bilen maşgalasynyňam iýere çöregi boldy+. 16 Ýehowanyň Ylýas pygamber arkaly aýdyşy ýaly, uly küýzede un, kiçi küýzede ýag gutarmady.

17 Günlerde bir gün Ylýasy myhman alan aýalyň ogly keselledi, ýagdaýy gitdigiçe agyrlaşyp, oglanjyk ýogaldy+. 18 Şonda ol aýal Ylýasa: «Eý hak Hudaýyň guly, menden näme ýamanlyk gördüň? Maňa öňki eden günämi ýatladyp, oglumy öldürmäge geldiňmi?»+ diýdi. 19 Ylýas: «Hany, ogluňy ber» diýdi. Ol çagany ejesiniň elinden aldy⁠-⁠da, ýokarky otaga eltip, öz düşeginde ýatyrdy+. 20 Ylýas Ýehowa: «Eý Ýehowa Hudaýym+, meni myhman alan dul aýalyň başyna ne günleri saldyň? Oglunyň ölmegine näme üçin ýol berdiň?» diýdi. 21 Soňra ol çagany üç gezek bagryna basdy⁠-⁠da*, Ýehowa ýüzlenip: «Eý Ýehowa Hudaýym, ýalbarýaryn, çaganyň demini gaýtaryp ber» diýdi. 22 Ýehowa Ylýasyň dilegini eşidip+, çaganyň demini gaýtaryp berdi, oglanjyk direldi+. 23 Ylýas çagany alyp, ýokarky otagdan düşdi⁠-⁠de, ejesine berip: «Seret, ogluň direldi!»+ diýdi. 24 Şonda ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň pygamberidigiňe* göz ýetirdim+, Ýehowanyň sen arkaly aýdýan sözleri dogry eken» diýdi.

18 Aradan birnäçe wagt geçdi. Üçünji ýyl+ diýlende, Ýehowa Ylýasa: «Ahabyň ýanyna git. Men ýurda ýagyş ýagdyrjak»+ diýdi. 2 Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Şol wagt Samariýada açlyk güýjäpdi+.

3 Ahap baş weziri* Abdyýary ýanyna çagyrdy. Abdyýar Ýehowadan gorkýan* adamdy. 4 Izabel+ Ýehowanyň pygamberlerini gyryp ýörkä, Abdyýar 100 pygamberi elli⁠-⁠elliden gowakda gizläp, iýjek çöregini, içjek suwuny ýetirip durupdy. 5 Ahap Abdyýara: «Ýurduň ähli çeşmelerine, jülgelerine aýlanyp çyk. Belki, atlary we gatyrlary açlykdan halas eder ýaly ot tapylar. Malymyz gyrlyp gutarmasyn» diýdi. 6 Olar kimiň haýsy tarapa gitjegini maslahatlaşdylar. Şeýlelikde, Ahap bir tarapa, Abdyýar başga tarapa gitdi.

7 Abdyýar ýolda barýarka, öňünden Ylýas çykdy. Abdyýar ony gören badyna tanap, dyza çökdi⁠-⁠de: «Ylýas, agam, senmi?»+ diýdi. 8 Ylýas: «Hawa, men. Bar, hojaýynyňa: „Ylýas gelipdir“ diýip aýt» diýdi. 9 Abdyýar: «Näme, meni* Ahabyň eline berip, öldürtjek bolýaňmy? Men näme günä etdim? 10 Ýehowa Hudaýyň diri şaýatdyr, patyşanyň seni gözläp, adam ibermedik halky ýa patyşalygy galmady. „Ylýas bärde ýok“ diýseler, Ahap şol halka we patyşalyga ant içirdi+. 11 Sen bolsa: „Bar, hojaýynyňa: „Ylýas gelipdir“ diýip aýt“ diýýäň. 12 Men ýanyňdan giden badyma, Ýehowanyň ruhy seni bir ýerlere äkider+. Men⁠-⁠ä baryp, Ahaba seniň gelendigiňi aýtsam, ol hem seni tapmasa, meni öldürer ahyryn. Men ýaşlygymdan bäri Ýehowa ýürekden gulluk edýärin*. 13 Agam, Izabel Ýehowanyň pygamberlerini öldürende, Ýehowanyň 100 pygamberini elli⁠-⁠elliden gowakda gizläp, çöregini, suwuny ýetirip duranymy+ saňa aýtmadylarmy? 14 Indi gidip, hojaýynyma: „Ylýas gelipdir“ diýsem, ol meni öldürer» diýdi. 15 Şonda Ylýas: «Gulluk edýän Serkerdebaşy Hudaýym Ýehowa diri şaýatdyr, şu gün Ahabyň ýanyna hökman bararyn» diýdi.

16 Abdyýar gidip, muny Ahaba habar berdi. Ahap Ylýasy garşy almaga çykdy.

17 Ahap Ylýasy gören badyna: «Ahyry geldiňmi, Ysraýylyň başyna betbagtçylyk getiren adam?!» diýdi.

18 Emma Ylýas: «Ysraýylyň başyna betbagtçylygy men däl⁠-⁠de, seniň bilen ataň öýi getirdi. Siz Ýehowanyň tabşyryklaryny bozup, Bagal butlaryna sežde etdiňiz+. 19 Tutuş ysraýyl halkyny Karmel dagyna+ ýygna. Izabeliň saçagyndan çörek iýýän Bagalyň 450 pygamberini we keramatly pürse*+ sežde edýän 400 pygamberi⁠-⁠de çagyr» diýdi. 20 Ahap tutuş Ysraýyl halkyna habar ýollap, pygamberleri Karmel dagyna ýygnady.

21 Ylýas halkyň öňüne çykyp: «Siz haçana çenli ikigöwünli bolup+, yraň atyp* ýörjek? Eger Ýehowa hak Hudaý bolsa, oňa sežde ediň+, Bagal Hudaý bolýan bolsa, onda oňa sežde ediň!» diýdi. Emma halk hiç zat jogap bermedi. 22 Soňra Ylýas adamlara: «Ýehowanyň pygamberlerinden diňe men galdym+, Bagalyň welin 450 pygamberi bar. 23 Bize iki öküzçe bersinler. Bagalyň pygamberleri öküzçeleriň birini saýlap böleklesin⁠-⁠de, odunlaryň üstünde goýsun, ýöne ot ýakmasyn. Menem beýleki öküzçäni bölekläp, odunlaryň üstünde goýaryn, ýöne ot ýakmaryn. 24 Soňra siz öz taňryňyzy çagyryň+, men bolsa Ýehowany çagyraýyn. Haýsy Hudaý gökden ot iberip jogap berse, şol hem hak Hudaýdyr»+ diýdi. Şonda tutuş halk muny makullady.

25 Ylýas Bagalyň pygamberlerine: «Siz köpçülik, şonuň üçin bir öküzçäni saýlaň⁠-⁠da, gurbanlygy ilki siz taýynlaň. Soňam öz taňryňyzy çagyryň, ýöne ot ýakmaň» diýdi. 26 Olar bir öküzçäni saýlap böleklediler⁠-⁠de, irdenden günortana çenli Bagaly çagyryp: «Eý Bagal, jogap ber!» diýip gygyryşdylar. Emma ne jogap boldy, ne⁠-⁠de bir ses çykdy+. Olar guran gurbanlyk ojagynyň* daşyndan yraň atyşyp aýlanýardylar. 27 Günortana golaý Ylýas olaryň üstünden gülüp: «Gatyrak gygyryň! Ol hudaý ahyryn!+ Belki, ol pikirlenip oturandyr ýa⁠-⁠da aýakýoluna çykandyr*, ýa uklap ýatandyr, biri baryp turuzmalydyr» diýdi. 28 Olar sesiniň ýetdiginden gygyryşyp, öz adatyna görä, pyçak we naýza bilen endam⁠-⁠janlaryny ýaralap, gara gan etdiler. 29 Günortandan soňam, agşamky galla sadakasynyň berilýän wagtyna çenli akylyndan azaşan adamlar ýaly, geň⁠-⁠taň* hereketleri etdiler. Emma hiç kim jogap bermedi, hiç hili ses çykmady, hiç zat üýtgemedi+.

30 Ahyry Ylýas bütin halka: «Ýanyma geliň» diýdi. Halk gelende, Ylýas Ýehowanyň ýumrulyp ýatan gurbanlyk ojagyny+ täzeden gurdy. 31 Ol Ýakubyň ogullaryndan dörän taýpalaryň sanyna görä 12 daş aldy. Ýehowa Ýakuba: «Seniň adyň Ysraýyl bolar»+ diýipdi. 32 Ylýas şol daşlardan Ýehowanyň adyna gurbanlyk ojagyny gurup+, daş⁠-⁠töweregini gazdy. Çukuryň giňligi şeýle uludy welin, oňa iki kersen* tohum ekip bolýardy. 33 Ylýas odunlary tertipleşdirip goýdy⁠-⁠da, öküzçäni bölekläp, odunlaryň üstünde goýdy+. Soňra ol: «Dört sany uly küýzäni suwdan dolduryp, ýakma gurbanlygyň hem⁠-⁠de odunlaryň üstüne guýuň» diýdi. 34 Ylýas ýene dört küýze suw getirip guýmagy tabşyrdy, olar ýene suw getirip guýdular. Ylýas üçünji gezek: «Hany, ýene bir guýuň» diýdi. Olar üçünji gezegem suw guýdular. 35 Suw gurbanlyk ojagynyň daş⁠-⁠töweregine akyp başlady. Ylýas çukuryň içini hem suwdan doldurdy.

36 Agşamky galla sadakasynyň berilýän wagty+ Ylýas pygamber gurbanlyk ojagynyň ýanyna baryp: «Ybraýymyň+, Yshagyň+, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa! Goý, şu gün hemmeler seniň Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň saňa gulluk edýändigimi, ähli zady seniň buýrugyň bilen edýändigimi bilsin+. 37 Eý Ýehowa, dilegimi eşidip jogap ber! Ýehowa, goý, halk seniň hak Hudaýdygyňa düşünip, saňa dolansyn*»+ diýdi.

38 Şonda Ýehowa gökden ot inderip, ýakma gurbanlygyny+, odunlary, daşlary we topragy ýakyp kül etdi, hatda çukuryň içindäki suw hem gurady+. 39 Muny gören halk ýüzüni ýere berip: «Ýehowa hak Hudaýdyr, Ýehowa hak Hudaýdyr!» diýdi. 40 Ylýas: «Bagalyň pygamberlerini tutuň! Birini⁠-⁠de sypdyrmaň!» diýdi. Adamlar pygamberleri dessine tutdular. Ylýas bolsa olary Kişon çeşmesiniň+ boýuna eltip öldürdi+.

41 Soňra Ylýas Ahaba: «Git⁠-⁠de, iýip iç, güýçli ýagşyň sesi gelýär»+ diýdi. 42 Ahap iýip⁠-⁠içmäge gitdi. Ylýas bolsa Karmel dagynyň depesine çykyp, dyza çökdi⁠-⁠de, eglip, ýüzüni ýere berdi+. 43 Soňra ol hyzmatkärine: «Ýokarrak çykyp, deňze tarap seredip gör» diýdi. Hyzmatkär gidip seretdi⁠-⁠de: «Görünýän zad⁠-⁠a ýok» diýdi. Ylýas: «Bar, ýene görüp gaýt» diýdi. Şeýdip, ol hyzmatkärini ýedi gezek iberdi. 44 Hyzmatkär ýedinji gezek gidip seredende: «Hanha, deňizden eliň aýasy ýaly bir bölek bulut ýokaryk göterilip barýar» diýdi. Ylýas: «Bar, Ahaba: „Arabaňa mün⁠-⁠de, ýagyşda galmaz ýaly, basymrak ýola düş!“ diý» diýip tabşyrdy. 45 Şonda asmanyň ýüzüni gara bulut büredi, ýel turup, güýçli ýagyş ýagyp başlady+. Ahap arabasyna münüp, Ýizregele+ barýardy. 46 Ylýas bolsa bilini berk guşady⁠-⁠da*, tä Ýizregele çenli Ahabyň öňünden ylgap gitdi, sebäbi Ýehowa Ylýasa täsin güýç beripdi*.

19 Ahap+ Izabele+ Ylýasyň eden işlerini, ähli pygamberleri gylyçdan geçirendigini+ gürrüň berdi. 2 Şonda Izabel Ylýasyň ýanyna habarçy ýollap: «Şol pygamberleri öldürişiň ýaly, ertir şu wagtlar seni hem öldürmesem, goý, taňrylar maňa has beterini görkezsin!» diýdi. 3 Ylýas gorkup, janyny halas etmek üçin gaçyp gitdi+. Ol Ýahudanyň+ Beýer⁠-⁠şeba şäherine+ baryp, hyzmatkärini goýdy⁠-⁠da, 4 bir günläp çölüň içi bilen ýöredi. Ahyry bir ýylgynyň aşagyna geçip oturdy⁠-⁠da: «Indi besdir! Ýehowa, janymy al+, menem ata⁠-⁠babalarymdan gowy däldirin» diýip, ölümini diläp başlady.

5 Soňra ol ýylgynyň aşagynda gyşaryp, uklap galdy. Birdenkä perişde peýda bolup, Ylýasy yralady⁠-⁠da+: «Tur, iýip iç»+ diýdi. 6 Ylýas seredip görse, başujunda gyzgyn daşyň üstünde çörek bilen bir küýze suw dur eken. Ol iýip⁠-⁠içip, ýene⁠-⁠de ýatdy. 7 Birsalymdan Ýehowanyň perişdesi ikinji gezek gelip, Ylýasy yralap: «Tur, iýip iç, sebäbi sen uzak ýol sökmeli» diýdi. 8 Ol hem turup, iýip içdi⁠-⁠de, şol güýjüne 40 gije⁠-⁠gündizläp ýol ýöräp, hak Hudaýyň dagy Horebe+ bardy.

9 Ylýas gijäni geçirmek üçin bir gowaga+ girdi. Gowakda Ýehowa oňa: «Ylýas, bärde näme işläp ýörsüň?» diýdi. 10 Ylýas: «Men bar güýjüm* bilen Serkerdebaşy Ýehowa gulluk etdim+. Ysraýyllar bolsa seniň ähtiňi bozup+, gurbanlyk ojaklaryňy* ýumurdylar, pygamberleriňi gylyçdan geçirdiler+, diňe men galdym. Indi olar meni hem öldürjek bolýarlar»+ diýdi. 11 Emma Hudaý Ylýas pygambere: «Gowakdan çyk⁠-⁠da, dagda Ýehowanyň huzurynda dur» diýdi. Soňra Ýehowa Ylýasyň deňinden geçdi+. Ýehowanyň öňünde şeýle bir güýçli ýel turdy welin, daglar sarsyp, gaýalar ýaryldy+, emma Ýehowa ýeliň içinde ýokdy. Soňra ýer titredi+, ýöne Ýehowa ýertitremede hem ýokdy. 12 Ýertitremeden soň ot tutaşdy+, emma Ýehowa oduň içinde hem ýokdy. Otdan soň pessaý we mylaýym ses geldi+. 13 Ylýas sesi eşiden badyna, dony bilen ýüzüni ýapdy⁠-⁠da+, gowagyň agzynda durdy. Şonda: «Ylýas, bärde näme işläp ýörsüň?» diýen ses eşidildi. 14 Ol hem: «Men bar güýjüm* bilen Serkerdebaşy Ýehowa gulluk etdim. Ysraýyllar bolsa seniň ähtiňi bozup+, gurbanlyk ojaklaryňy ýumurdylar, pygamberleriňi gylyçdan geçirdiler, diňe men galdym. Indi olar meni hem öldürjek bolýarlar»+ diýdi.

15 Ýehowa Ylýasa: «Yzyňa dolan⁠-⁠da, Damasgyň çölüne baryp, Hazaýyly+ Siriýanyň patyşasy edip belle. 16 Nimşiniň agtygy Ýehuwy+ bolsa Ysraýyla patyşa belle. Abyl⁠-⁠meholaly Şapatyň ogly Alyşany* hem özüňe derek pygamber belle+. 17 Hazaýylyň gylyjyndan gaçyp gutulanlary+ Ýehuw öldürer+, Ýehuwyň gylyjyndan gaçyp gutulanlary bolsa Alyşa öldürer+. 18 Onsoňam, häzir Ysraýylda Bagalyň öňünde dyz epmedik+, butuny öpmedik+ 7 000 adam bar»+ diýdi.

19 Ylýas gidip, Şapatyň ogly Alyşany tapdy. Şol wagt Alyşa ýer sürüp ýördi, öňünde 12 jübüt öküz bardy. Alyşa soňky iki öküziň yzyndan barýardy. Ylýas gelip, pygamberlik donuny+ Alyşanyň egnine atdy. 20 Şonda Alyşa öküzlerini taşlap, Ylýasyň yzyndan ylgady⁠-⁠da: «Rugsat berseň, enem⁠-⁠atam bilen hoşlaşyp* gaýdaýyn, soň seniň bilen giderin» diýdi. Ylýas: «Bar, gidiber, men seni saklamok» diýdi. 21 Alyşa yzyna gitdi⁠-⁠de, iki öküzi soýdy*. Ol boýuntyrygy odun edip, öküzleriň etini bişirdi⁠-⁠de, adamlara paýlady, olaram iýdiler. Şondan soň Alyşa Ylýas bilen gidip, oňa hyzmat edip başlady+.

20 Siriýanyň+ patyşasy Benhadat+ tutuş goşunyny ýygnady. Ol 32 patyşany atlary, söweş arabalary bilen ýanyna aldy⁠-⁠da, Samariýanyň+ daşyny gabap+, söweşe başlady. 2 Soňra ol şähere Ysraýyl patyşasy Ahabyň+ ýanyna çaparlaryny iberip: «Benhadat şeýle diýýär: 3 „Seniň altyn⁠-⁠kümşüň⁠-⁠de, owadan aýallaryň⁠-⁠da, gerçek ogullaryň⁠-⁠da meniňkidir“» diýdi. 4 Ysraýyl patyşasy: «Şa hezretleri, aýdyşyň ýaly, meniň özümem, ähli zadymam seniňki»+ diýdi.

5 Soňra çaparlar ýene⁠-⁠de gelip: «Benhadat şeýle diýýär: „Altyn⁠-⁠kümşüňi⁠-⁠de, aýallaryňy⁠-⁠da, ogullaryňy⁠-⁠da maňa berersiň“ diýip habar ýollapdym. 6 Ertir şu wagtlar hyzmatkärlerimi ibererin. Olar köşgüňi, hyzmatkärleriň öýüni döküp, gymmatbaha zatlaryň ählisini alyp gaýdarlar“» diýip habar berdiler.

7 Ysraýyl patyşasy ähli ýaşululary ýygnap: «Ol başda aýallarymy, ogullarymy, altyn⁠-⁠kümüşlerimi sorady, men hem bererin diýdim. Indi bolsa bahana gözläp, başymyza betbagtçylyk getirjek bolýar» diýdi. 8 Şonda ýaşulular we tutuş halk: «Aýdanyny etme, razylaşma» diýdiler. 9 Ol Benhadatyň iberen çaparlaryna: «Patyşahyma şeýle diýiň: „Başdaky soran zatlaryňy bereýin, ýöne soňky soran zatlaryňy berip biljek däl“» diýdi. Çaparlar gidip, patyşanyň sözlerini Benhadata ýetirdiler.

10 Benhadat ýene⁠-⁠de Ahaba habar ýollap: «Ägirt uly goşun bilen baryp, Samariýany weýran ederin, ondan galan daşlary esgerlerime paýlasamam ýetmez. Eger aýdyşym ýaly etmesem, goý, taňrylar maňa has beterini görkezsin!» diýdi. 11 Ysraýyl patyşasy: «Benhadata şeýle diýiň: „Heniz uruş başlamanka, ýeňiş gazanan ýaly öwünmäň näme?!“»+ diýdi. 12 Şol wagt Benhadat beýleki patyşalar bilen çadyrynda şerap içip otyrdy. Ol Ahabyň jogabyny eşiden badyna, hyzmatkärlerine: «Boluň, söweşe taýýarlanyň!» diýip buýruk berdi. Olar şähere çozmaga taýýarlyk gördüler.

13 Ysraýyl patyşasy Ahabyň+ ýanyna bir pygamber gelip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Ägirt uly goşuny görýäňmi? Şu gün olary eliňe bererin. Şonda sen meniň Ýehowadygymy bilersiň“»+ diýdi. 14 Ahap: «Kim arkaly ýeňiş gazanarys?» diýip sorady. Pygamber: «Ýehowa şeýle diýýär: „Welaýat häkimleriniň nökerleri arkaly“» diýdi. Ahap ondan: «Söweşiň başyny kim başlar?» diýip sorady. Pygamber: «Siz başlarsyňyz!» diýdi.

15 Ahap häkimleriň nökerlerini sanady. Olar 232 adam eken. Ysraýyllardan bolsa 7 000 esger bardy. 16 Olar günortan söweşe çykdylar, Benhadat 32 patyşa bilen çadyrda şerap içip otyrdy. 17 Şäherden ilki häkimleriň nökerleri çykdy. Şonda Benhadat hem nökerlerini iberdi. Olar gelip: «Adamlar Samariýadan çykyp başlady» diýip habar berdiler. 18 Benhadat: «Olar ylalaşmaga gelýän bolsa⁠-⁠da, söweşmäge gelýän bolsa⁠-⁠da, ählisini diriligine ele salyň» diýdi. 19 Häkimleriň nökerleri bilen yzyndan gelýän esgerler bolsa 20 öňünden çykan duşmany öldürýärdi. Şonda siriýalylar gaçdylar+, ysraýyllar bolsa olary kowaladylar. Emma Siriýa patyşasy Benhadat ata münüp, birnäçe atlylar bilen gaçyp ýetişdi. 21 Ysraýyl patyşasy bolsa atlylara hem⁠-⁠de söweş arabaly esgerlere hüjüm edip, siriýalylary derbi⁠-⁠dagyn etdi.

22 Biraz wagtdan Ysraýyl patyşasynyň ýanyna bir pygamber+ gelip: «Indiki ýylyň başyna* Siriýa patyşasy ýene üstüňe çozar+. Git⁠-⁠de, goşunyňy güýçlendir, näme etjekdigiň hakda gowy oýlan»+ diýdi.

23 Siriýa patyşasynyň maslahatçylary: «Olaryň Hudaýy daglaryň Hudaýy, şonuň üçin olardan ýeňildik. Olar bilen düzlükde söweşsek ýeňeris. 24 Söweşe patyşalary+ däl⁠-⁠de, häkimleri äkit, esgerlere şolar baş bolsun. 25 Şeýle⁠-⁠de öňki goşunyň ýaly goşun, at hem söweş araba ýygna. Olar bilen düzlükde söweşeli, hökman ýeňeris» diýdiler. Benhadat olaryň maslahatyna gulak asyp, aýdyşlary ýaly etdi.

26 Ýylyň başyna* Benhadat siriýalylary jemläp, ysraýyllar bilen söweşmek üçin Apege+ bardy. 27 Ysraýyllar hem gerek zatlaryny ýygnap, siriýalylara garşy söweşe çykdylar. Olar duşmanyň öňünde düşelge guranda, iki sany kiçijik geçi sürüsi ýaly azdy, siriýalylar bolsa tutuş ýurdy dolduryp durdy+. 28 Ysraýyl patyşasynyň ýanyna hak Hudaýyň guly gelip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Siriýalylar: „Ýehowa düzlügiň Hudaýy däl⁠-⁠de, daglaryň Hudaýy“ diýeni üçin, olaryň ägirt uly goşunyny eliňe bererin+. Şonda meniň Ýehowadygyma doly göz ýetirersiň“»+ diýdi.

29 Olar bir⁠-⁠biriniň garşysynda düşelge gurup, ýedi gün oturdylar. Ýedinji gün söweş başlandy. Ysraýyllar bir günde siriýalylaryň 100 000 esgerini* öldürdi. 30 Diri galanlary gaçyp, Apek şäherine+ girdi. Emma diri galan 27 000 esgeriň üstüne diwar ýykyldy. Benhadat bolsa gaçyp, şähere girdi⁠-⁠de, bir öýüň içki otagynda gizlendi.

31 Şonda Benhadatyň maslahatçylary: «Ysraýyl patyşalary rehim⁠-⁠şepagatly* diýip eşidipdik. Rugsat berseň, jul geýnip, boýnumyza ýüp salyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna baraly. Belki, ol seni diri galdyrar»+ diýdiler. 32 Olar jul geýnip, boýnuna ýüp salyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna bardylar⁠-⁠da: «Guluň Benhadat: „Ýalbarýaryn, meni öldürme“ diýýär» diýdiler. Ol hem: «Asyl Benhadat dirimi? Men ony doganym ýaly görýärin» diýdi. 33 Gelen adamlar muňa gowulygyň alamaty diýip düşündiler. Olar Ahabyň sözüni agzyndan kakyp alyp: «Hawa, Benhadat seniň doganyň» diýdiler. Şonda Ahap: «Baryň, ony getiriň» diýdi. Benhadat Ahabyň ýanyna geldi, Ahap hem ony arabasyna mündürdi.

34 Benhadat Ahaba: «Kakam seniň kakaň elinden şäherlerini alypdy, şolary yzyna bereýin. Kakamyň Samariýada edişi ýaly, sen hem Damasgyň köçelerinde söwda edersiň» diýdi.

Ahap: «Eger şeýle ylalaşyk* baglaşsaň, seni goýbereýin» diýip jogap berdi.

Şeýlelikde, Ahap ylalaşyk baglaşyp, Benhadaty goýberdi.

35 Ýehowanyň buýrugy bilen, pygamberleriň*+ biri ýanyndaky ýoldaşyna: «Hany, meni ur» diýdi, ýöne ýoldaşy ony urmady. 36 Şonda pygamber: «Ýehowanyň sözüne gulak asmandygyň üçin, ýanymdan giden badyňa, seni bir ýolbars öldürer» diýdi. Ol pygamberiň ýanyndan gaýdanda, öňünden ýolbars çykyp, ony parçalady.

37 Pygamber başga biriniň ýanyna baryp: «Hany, meni ur» diýdi. Ol adam urup, pygamberi ýaralady.

38 Soňra ýaňky pygamber gidip, ýoluň ugrunda patyşanyň gelerine garaşyp durdy. Ol özüni tanatmajak bolup, gözüni daňdy. 39 Patyşa deňinden geçip barýarka, pygamber batly ses bilen: «Patyşahym, men söweşiň gandöküşikli ýerine bardym. Şonda esgerleriň biri: „Şu adamdan gözüňi aýyrma, sypdyraýsaň, janyna derek seniň janyňy alaryn+ ýa⁠-⁠da bir batman* kümüş tölederin“ diýip, ýanymda bir adamy goýup gitdi. 40 Oňa⁠-⁠muňa güýmenip durkam, ýaňky adam ýitirim bolaýdy» diýdi. Şonda Ysraýyl patyşasy: «Indi jezaňy çekmeli bolarsyň, günä özüňde» diýdi. 41 Pygamber dessine gözündäki daňyny aýyrdy, Ysraýyl patyşasy onuň pygamberdigini+ bildi. 42 Pygamber Ahap patyşa ýüzlenip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Sen meniň ölüme höküm eden adamymy goýberdiň+. Şonuň üçin onuň janyna derek seniň janyňy alaryn+, onuň halkyna derek seniň halkyňy gyraryn“»+ diýdi. 43 Şonda Ysraýyl patyşasy ýüzüni sallap, gamgyn halda Samariýa+ öýüne gaýtdy.

21 Soňra ýizregelli Nabotyň üzümligi bilen bagly şeýle waka boldy. Ýizregelde+, Samariýa patyşasy Ahabyň köşgüniň gapdalynda Nabotyň üzümligi bardy. 2 Ahap Nabota: «Üzümligiň köşgüme golaý, ekin ekmek üçin maňa bersene, deregine has gowy üzümlik bereýin ýa⁠-⁠da bahasyny töläýin» diýdi. 3 Emma Nabot: «Ata⁠-⁠babalarymdan galan mirasy+ saňa bersem, Ýehowa muny asla oňlamaz» diýdi. 4 Ahap ýüzüni sallap, gamgyn halda öýüne gaýtdy. Ol hiç zat iýmän⁠-⁠içmän, düşegine geçip, ýüzüni diwara öwrüp ýatdy. Ýizregelli Nabotyň: «Ata⁠-⁠babalarymdan galan mirasy saňa bermerin» diýen sözleri oňa juda agyr degipdi.

5 Aýaly Izabel+ gelip: «Näme keýpiň ýok? Hiç zat iýmän ýatyrsyň» diýdi. 6 Ahap: «Ýizregelli Nabota üzümligiňi sataý, isleseň, deregine başgasyny bereýin diýdim. Ol bolsa: „Berjek däl“ diýip dur» diýdi. 7 Şonda aýaly Izabel: «Sen Ysraýylyň patyşasy dälmi?! Tur, iýip iç⁠-⁠de, keýpiňi kökle. Ýizregelli Nabotyň üzümligini saňa özüm alyp bererin»+ diýdi. 8 Soňra ol Ahabyň adyndan hat ýazyp, patyşanyň möhürini+ basdy⁠-⁠da, Nabotyň ýaşaýan şäherindäki ýaşululara+ we beglere ugratdy. 9 Ýazan hatynda şeýle sözler bardy: «Agyz beklemegi yglan ediň⁠-⁠de, Naboty halkyň öňünde oturdyň. 10 Garşysynda iki sany ýaramaz adamy oturdyň. Goý, olar: „Sen Hudaýa⁠-⁠da, patyşa⁠-⁠da dil ýetirdiň!“+ diýip, oňa töhmet atsynlar*+. Soňra Naboty şäherden çykaryň⁠-⁠da, daşlap öldüriň»+.

11 Nabotyň şäherindäki ýaşulular we begler Izabeliň iberen hatynda aýdyşy ýaly⁠-⁠da etdiler. 12 Agyz beklemegi yglan edip, Naboty halkyň öňünde oturtdylar. 13 Soňra iki sany ýaramaz adam gelip, Nabotyň garşysynda oturdy. Olar: «Nabot Hudaýa⁠-⁠da, patyşa⁠-⁠da dil ýetirdi!» diýip, halkyň öňünde töhmet atyp başladylar+. Soňra adamlar Naboty şäherden çykaryp, daşlap öldürdiler+. 14 Izabele: «Nabot daşlanyp öldürildi»+ diýip habar ýolladylar.

15 Izabel Nabotyň daşlanyp öldürilendigini eşidende, Ahaba: «Tur⁠-⁠da, ýizregelli Nabotyň satmadyk üzümligine eýe çyk+. Nabot indi ýagty jahanda ýok, ol öldi» diýdi. 16 Ahap ýizregelli Nabotyň ölendigini eşiden badyna, üzümligini almaga gitdi.

17 Şonda Ýehowa tişbeli Ylýasa+ şeýle diýdi: 18 «Tur⁠-⁠da, Samariýada höküm sürýän Ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna git+. Ol şu wagt Nabotyň üzümligini almaga bardy. 19 Ahaba aýt: „Ýehowa şeýle diýýär: „Sen bir bendäni öldürip+, indem mülküne eýe çykýaňmy?“+ Soňra: „Ýehowa şeýle diýýär: „Itler Nabotyň ganyny nirede ýalan bolsa, şol ýerde seniň ganyňy hem ýalarlar“ diý»+.

20 Ahap Ylýasy görende: «Bäh, duşmanym meni ahyr tapypdyr⁠-⁠ow!»+ diýdi. Ylýas: «Hawa, tapdym. Hudaý şeýle diýýär: „Sen Ýehowanyň öňünde nejis işleri etmegiňi goýmadyň*+. 21 Şonuň üçin başyňa betbagtçylyk getirerin, seni we maşgalaňdaky ähli erkek göbeklileri+, hatda ejiz we gowşak adamlary hem Ysraýyldan ýok ederin+. 22 Nebatyň ogly Ýerobgamyň+ we Ahyýaryň ogly Başanyň maşgalasyny ýok edişim ýaly+, seniň maşgalaňy hem ýok ederin, sebäbi sen Ysraýyla günä etdirip, gaharymy getirdiň“. 23 Ýehowa Izabel hakda hem şeýle diýýär: „Izabeli Ýizregelde bir meýdançada itler iýer+. 24 Ahabyň maşgalasynyň şäherde ölenlerini itler iýer, açyk meýdanda ölenleri guşlara şam bolar+. 25 Ahap ýaly Ýehowanyň öňünde erbet işleri edip, ýoldan çykan* adam bolmandy+. Ahap şol erbet işleri aýaly Izabeliň gepine gidip etdi+. 26 Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran amor halky ýaly, ýigrenji butlara* sežde edip, nejis işlere baş goşdy“» diýdi+.

27 Ahap muny eşiden badyna, ýakasyny ýyrtyp, jul geýdi. Ol agyz bekläp, gamgyn bolup gezdi, jul eşigini ýatanda⁠-⁠da çykarmady. 28 Şonda Ýehowa tişbeli Ylýasa: 29 «Gördüňmi, Ahap pälinden gaýtdy*+. Şonuň üçin maşgalasyna betbagtçylygy Ahap dirikä däl⁠-⁠de, oglunyň döwründe indererin»+ diýdi.

22 Siriýa bilen Ysraýylyň arasynda üç ýyllap hiç hili uruş bolmady. 2 Üçünji ýyl diýlende, Ýahuda patyşasy Ýehoşapat+ Ysraýyl patyşasynyň ýanyna geldi+. 3 Ysraýyl patyşasy emeldarlaryna: «Aslynda, Ramot⁠-⁠gilead+ biziňki bolmaly. Ony şu wagta çenli Siriýa patyşasynyň elinden almaga çekinip ýörüs» diýdi. 4 Soňra ol Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramot⁠-⁠gileada söweşe gitjekmi?» diýip sorady. Ýehoşapat hem Ysraýyl patyşasyna: «Elbetde, giderin. Nökerlerim⁠-⁠de, atlarym⁠-⁠da seniňki»+ diýdi.

5 Ýöne Ýehoşapat Ysraýyl patyşasyna: «Gel, ilki Ýehowadan soraly»+ diýdi. 6 Şonda Ysraýyl patyşasy 400⁠-⁠e golaý pygamberi ýygnap: «Ramot⁠-⁠gileada çozaýynmy ýa ýok?» diýip sorady. Olar: «Çoz, Ýehowa ony eliňe berer» diýdiler.

7 Şonda Ýehoşapat: «Bärde Ýehowanyň başga pygamberi ýokmy? Bar bolsa, ondan hem sorap göreli»+ diýdi. 8 Ysraýyl patyşasy: «Ýehowanyň ýene bir pygamberi bar+, ol Imlanyň ogly Mikhaý. Ýöne men ony ýigrenýärin+, ol hiç haçan men hakda gowy zat aýdanok, diňe erbet zat aýdýar»+ diýdi. Emma Ýehoşapat: «Goýsana, beý diýmek patyşa gelişmez» diýdi.

9 Ysraýyl patyşasy wezirini çagyryp: «Haýal etmän Imlanyň ogly Mikhaýy alyp gel»+ diýdi. 10 Samariýanyň derwezesiniň öňünde bir harman bardy. Ysraýyl patyşasy we Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şol harmanda şa lybasyny geýip, tagtda otyrdy. Ähli pygamberler bolsa olaryň öňünde pygamberlik edýärdi+. 11 Kenaganyň ogly Sadykýar demirden şahlary ýasady. Ol patyşa: «Ýehowa şeýle diýýär: „Sen siriýalylary şular bilen süsüp, gyryp taşlarsyň“» diýdi. 12 Beýleki pygamberlerem: «Ramot⁠-⁠gileada çoz, hökman ýeňiş gazanarsyň, Ýehowa ony eliňe berer» diýip, şol bir zady pygamberlik edýärdiler.

13 Çapar Mikhaýyň ýanyna baryp: «Ähli pygamberler patyşa gowy zat aýdýar. Senem, gaýrat edip, gowy zat aýt»+ diýdi. 14 Emma Mikhaý: «Ýehowa diri şaýatdyr, Ýehowa näme diýse, şony aýdaryn» diýdi. 15 Soňra ol patyşanyň huzuryna geldi. Patyşa: «Mikhaý, hany aýt, Ramot⁠-⁠gileada çozalymy ýa ýok?» diýip sorady. Mikhaý: «Hawa, çoz, hökman ýeňiş gazanarsyň. Ýehowa ony eliňe berer» diýdi. 16 Şonda patyşa: «Ýehowanyň adyndan gepläniňde, diňe hakykaty aýt diýip, saňa ýene näçe gezek ant içirmeli?» diýdi. 17 Mikhaý şeýle jogap berdi: «Men ysraýyllaryň daglarda çopansyz goýunlar ýaly, dyr⁠-⁠pytrak bolup ýörenini gördüm+. Ýehowa hem: „Indi halkyň baştutany ýok. Goý, olar sag⁠-⁠aman öýli⁠-⁠öýüne gaýtsyn“ diýdi».

18 Şonda Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapata ýüzlenip: «Men saňa aýtdym⁠-⁠a, ol hiç haçan men hakda gowy zat aýdanok, diňe erbet zat aýdýar»+ diýdi.

19 Mikhaý bolsa: «Onda Ýehowanyň sözüni diňle. Görsem, Ýehowa tagtda otyr+, gökleriň ähli goşuny sag hem çep tarapynda dur+. 20 Ýehowa: „Ahap Ramot⁠-⁠gileada gidip, heläk bolar ýaly, kim ony aldawa salyp biler?“ diýdi. Şonda perişdeleriň hersi bir zat diýdi. 21 Soňra bir perişde*+ öňe çykyp, Ýehowanyň huzurynda durdy⁠-⁠da: „Men ony aldawa salaryn“ diýdi. Ýehowa: „Nädip?“ diýip sorady. 22 Ol bolsa: „Men gidip, onuň ähli pygamberlerine ýalan sözlederin*“+ diýdi. Hudaý: „Git⁠-⁠de, aýdyşyň ýaly et. Sen muny başararsyň, Ahaby aldawa salyp bilersiň“ diýdi. 23 Ine, şeýdibem, Ýehowa ähli pygamberleriňe ýalan sözletdi*+. Aslynda, Ýehowa seniň başyňa betbagtçylyk getirjek bolýar»+ diýdi.

24 Şonda Kenaganyň ogly Sadykýar Mikhaýyň ýanyna bardy⁠-⁠da, ýüzüne şarpyk çalyp: «Indi Ýehowanyň ruhy menden aýrylyp, sen arkaly gepleýär diýjek bolýaňmy?»+ diýdi. 25 Mikhaý: «Sen öýüňe girip, gizlenen günüň muňa düşünersiň» diýip jogap berdi. 26 Şonda Ysraýyl patyşasy: «Mikhaýy tutuň⁠-⁠da, şäher häkimi Amon bilen şazada Ýowaşyň ýanyna äkidip, 27 olara: „Patyşanyň buýrugy şeýle diýiň: „Mikhaýy zyndana salyň⁠-⁠da+, tä yzyma sag⁠-⁠aman gelýänçäm, açlykdan ölmez ýaly, çörek bilen suw beriň“» diýdi. 28 Mikhaý bolsa: «Eger sen sag⁠-⁠aman gaýdyp gelseň, Ýehowanyň men arkaly geplemedigi bolsun»+ diýdi. Soňra ol: «Eý jemagat, sizem muny eşidip goýuň!» diýdi.

29 Şeýlelikde, Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramot⁠-⁠gileada çozmaga gitdi+. 30 Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapata: «Men söweşe başga eşik geýip gideýin. Sen şa lybasyňda gidiber» diýdi. Ysraýyl patyşasy başga eşik geýip+, söweşe çykdy. 31 Siriýa patyşasy söweş arabalaryna ýolbaşçylyk edýän 32 serkerdesine+: «Olaryň esgerleriniň, serkerdeleriniň hiç biri bilen söweşmäň, diňe Ysraýyl patyşasyna hüjüm ediň» diýip buýruk beripdi. 32 Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapaty görüp, biri⁠-⁠birlerine: «Hanha, Ysraýylyň patyşasy» diýip, öňe okduryldylar. Ýehoşapat gygyryp, kömege çagyryp başlady. 33 Söweş arabalarynyň serkerdeleri onuň Ysraýylyň patyşasy däldigini görüp, kowalamagy bes etdiler.

34 Bir esgeriň atan peýkamy tötänden Ysraýyl patyşasyna degip, sowudynyň açyk ýerinden geçdi. Şonda patyşa arabaçysyna: «Men agyr ýaralandym, arabany öwür⁠-⁠de, meni söweş meýdanyndan* çykar»+ diýdi. 35 Ýöne şol gün söweş juda gazaply bolansoň, patyşany siriýalylaryň garşysynda arabada dik saklap durmaly boldular. Onuň ýarasynyň gany arabanyň içine akyp durdy. Patyşa agşamara jan berdi+. 36 Gün ýaşyp barýarka, düşelgede: «Hemmäňiz şäheriňize, ýurduňyza dolanyň!»+ diýip jar çekildi. 37 Şeýdip, patyşa öldi, ony Samariýa getirip jaýladylar. 38 Ahabyň söweş arabasyny Samariýadaky howdanyň boýunda ýuwdular. Şonda onuň ganyny itler ýalady, ahlaksyz aýallar bolsa şol howdanda suwa düşüp ýördi*. Şeýlelikde, Ýehowanyň aýdan sözi berjaý boldy+.

39 Ahabyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri, pil süňkünden+ saldyran köşgi we gurduran şäherleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 40 Ahap aradan çykansoň+, ýerine ogly Ahazýa+ patyşa boldy.

41 Ysraýyl patyşasy Ahabyň hökümdarlygynyň dördünji ýylynda, Asanyň ogly Ýehoşapat+ Ýahudanyň patyşasy boldy. 42 Ýehoşapat 35 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 25 ýyl höküm sürdi. Ejesi Azuba Şilhiniň gyzydy. 43 Ýehoşapat kakasy Asanyň ýolundan+ ýöräp, hiç ýana sowulmady. Ol Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. Emma seždegähler*+ ýok edilmändi, adamlar henizem şol ýerlerde gurbanlyk ýakýardylar. 44 Ýehoşapat Ysraýyl patyşasy bilen parahatlykda ýaşady+. 45 Ýehoşapatyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, görkezen edermenlikleri we gatnaşan söweşleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 46 Ol kakasy Asanyň günlerinden galan+ buthanalardaky ähli azgyn erkekleri*+ ýok edip, ýurdy doly arassalady.

47 Şol wagtlar Edomda+ patyşa ýokdy, ýurdy häkim dolandyrýardy+.

48 Ýehoşapat Oferden altyn getirtmek üçin Tarşyş gämilerini*+ hem ýasady. Emma gämiler Esýon⁠-⁠geberde+ zaýalanyp, aňyrlygyna gidip bilmedi. 49 Ahabyň ogly Ahazýa Ýehoşapata: «Goý, hyzmatkärlerimiz gämide bile gitsin» diýipdi. Emma Ýehoşapat razylaşmandy.

50 Soňra Ýehoşapat aradan çykyp+, atasy Dawudyň şäherinde, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Ýehoram+ patyşa boldy.

51 Ýahuda patyşasy Ýehoşapatyň hökümdarlygynyň 17⁠-⁠nji ýylynda, Ahabyň ogly Ahazýa+ Samariýada Ysraýylyň patyşasy bolup, iki ýyl höküm sürdi. 52 Ahazýa kakasy bilen ejesiniň+ we Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp+, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 53 Ol hem kakasy ýaly Bagala sežde edip+, tagzym edip, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň+ göwnüne degýärdi.

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Sözme⁠-⁠söz: öňünden ylgar ýaly adam. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.

Ýa⁠-⁠da: käýemezdi.

Ýa⁠-⁠da: ant içipdiň.

Sözme⁠-⁠söz: men guluňyzy.

Sözme⁠-⁠söz: guluna.

Sözme⁠-⁠söz: ýag guýup bellesin.

Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.

Sözme⁠-⁠söz: Omyn!

Dawudyň nökerleri göz öňünde tutulýar.

Ýa⁠-⁠da: içi ýagly şahy.

Sözme⁠-⁠söz: jaýryldy.

Dawudyň nökerleri göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: guluny.

Ýa⁠-⁠da: erkek.

Ýa⁠-⁠da: ýatlatmalaryny.

Ýa⁠-⁠da: paýhasly hereket edersiň.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: mazara inmesin. Sözlüge serediň: Mazar.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildir.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: tagtyna.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildirip.

Sözme⁠-⁠söz: Guluň.

Sözme⁠-⁠söz: guluňa.

Ýa⁠-⁠da: gulak asýan.

Başga manysy: kesir. Sözme⁠-⁠söz: agyr.

Sözme⁠-⁠söz: akyl⁠-⁠paýhasly we düşünjeli ýürek.

Sözme⁠-⁠söz: gyrnagyň.

Sözme⁠-⁠söz: gorkup.

Ýa⁠-⁠da: patyşanyň ýazgylaryny ýöredýän emeldardy.

Bir hum 220 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme⁠-⁠söz: ikatýoklar.

Ýagny günbatar tarapynda.

Käbir golýazmalarda we 2Tr 9:25⁠-⁠de 4 000, başga golýazmalarda bolsa 40 000 diýip görkezilýär.

Ýa⁠-⁠da: atlysy.

Sözme⁠-⁠söz: deňiz kenaryndaky çäge deý ummasyz köp.

Sözme⁠-⁠söz: ýürek.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: Dawudy gowy görýärdi.

Bir hum 220 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa⁠-⁠da: äht.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Goşmaça maglumata serediň: B8.

Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýagny ybadathananyň esasy binasy.

Sözme⁠-⁠söz: öýde.

Ýagny iň mukaddes otag.

Ýagny ybadathananyň esasy binasy.

Sözme⁠-⁠söz: sag.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: sosna. Aleppo sosnasy göz öňünde tutulýan bolmagy mümkin.

Ýagny iň mukaddes otag.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa⁠-⁠da: çarçuwaly penjireleri.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: eýwanyny.

Ýa⁠-⁠da: erreler.

Ýa⁠-⁠da: bürünçden. Şu bapda bürünç göz öňünde tutulýan bolmagy mümkin.

Sütünleriň ýokarsyndaky bezelen ýeri göz öňünde tutulýar.

Ýa⁠-⁠da: Günorta.

Manysy: Goý, ol (Ýehowa) berkitsin.

Ýa⁠-⁠da: demirgazyk.

«Güýç bilen» diýmegi aňladýan bolmagy mümkin.

Sözme⁠-⁠söz: deňiz.

Ýa⁠-⁠da: agzynyň aşagynda.

Takmynan 7,4 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Bir çelek 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Arabanyň tigriniň daşky aýlawy bilen topuny birleşdirýän diregler.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: mukaddes eden.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: dili bilen aýdanyny eli bilen etdi.

Sözme⁠-⁠söz: biliňden önen ogluň.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirip.

Ýa⁠-⁠da: diliň bilen aýdanyňy eliň bilen etdiň.

Adam ýalandan ant içse ýa⁠-⁠da içen antyny bozsa, gargyşa galýardy.

Ýa⁠-⁠da: olary peseldendigiňe düşünip.

Sözme⁠-⁠söz: senden gorksun.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: demir eredýän peçden.

Ýa⁠-⁠da: parahat ýurt.

Sözme⁠-⁠söz: Hudaýyň gije⁠-⁠gündiz ýanynda bolsun.

Ýa⁠-⁠da: Hamatyň girelgesinden.

Sözme⁠-⁠söz: aýypsyz ýüregiň.

Sözme⁠-⁠söz: dilinde nakyl bolup.

Sözme⁠-⁠söz: sykylyk çalyp.

Başga manysy: Derde ýaramaýan ýurt.

Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme⁠-⁠söz: baýry. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.

Ýa⁠-⁠da: dikeltdi.

Sözme⁠-⁠söz: baýry. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: Seniň sözleriň.

Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa⁠-⁠da: sandal agaç.

Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýaýçylaryň göterýän galkany göz öňünde tutulýar.

Töwratdaky gadak 570 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme⁠-⁠söz: ýüregine guýan.

Sözme⁠-⁠söz: didaryna zardy.

Ýa⁠-⁠da: atlylaryny.

Ýa⁠-⁠da: atlysy.

Başga manysy: Müsürden we Kuwdan alardylar; patyşanyň täjirleri olary Kuwdan alardylar. Kuw diýlende, Kilikiýa göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa⁠-⁠da: gatnaşmaň.

Sözme⁠-⁠söz: ýüregiňizi öz taňrylaryna tarap öwrer.

Ýa⁠-⁠da: oňa erbet täsir etdiler.

Sözme⁠-⁠söz: ýüregini başga taňrylara tarap öwürdiler.

Sözlüge serediň.

Ýahuda taýpasyndan başga beriljek bir taýpa, ýagny benýamin taýpasy göz öňünde tutulýan bolmaly.

Başga manysy: süýtden aýyrdy.

Sözme⁠-⁠söz: el galdyryp.

Sözme⁠-⁠söz: baýry. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.

Ýagny nesli.

Ýa⁠-⁠da: seniň nesliňi hiç wagt tagtdan düşürmän.

Sözme⁠-⁠söz: boýuntyryk.

Ýa⁠-⁠da: üçünji gün.

Sözme⁠-⁠söz: hyzmat edip.

Ýa⁠-⁠da: hyzmatkär.

Sözme⁠-⁠söz: külbike barmagymça⁠-⁠da.

Sözme⁠-⁠söz: çadyrlaryna.

Ýa⁠-⁠da: tälim berlen.

Sözme⁠-⁠söz: hak Hudaýyň guly Şemaýa.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: Hudaýyň guly.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: ýagly küli. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.

Ýa⁠-⁠da: ysmaz boldy.

Ýa⁠-⁠da: hak Hudaýyň gulunyň.

Sözme⁠-⁠söz: maňa arkaňy öwürdiň.

Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.

Sözme⁠-⁠söz: ylgaýanlaryň. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.

Abyýar hem diýilýär.

«Abselim» adynyň başgaça aýdylyşy.

Sözme⁠-⁠söz: oňa çyrag berdi.

«Abselim» adynyň başgaça aýdylyşy.

Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.

Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: mukaddes eden.

Ýa⁠-⁠da: äht.

Sözme⁠-⁠söz: Men seni toprakdan galdyrdym.

Ýa⁠-⁠da: ar alýan garyndaşlarynyň.

Sözme⁠-⁠söz: tutuş Ysraýyl.

Sözme⁠-⁠söz: ysraýyllar.

Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Manysy: Şemeriň tiresine degişli.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Manysy: Meniň Hudaýym Ýehowadyr.

Ýa⁠-⁠da: gara gargalara; zaglara.

Ýa⁠-⁠da: nan bilen göş.

Ýa⁠-⁠da: gujaklady⁠-⁠da. Sözme⁠-⁠söz: çaganyň üstünde ýazylyp ýatdy⁠-⁠da.

Ýa⁠-⁠da: guludygyňa.

Ýa⁠-⁠da: köşk dolandyryjysy.

Sözme⁠-⁠söz: juda gorkýan.

Sözme⁠-⁠söz: guluňy.

Sözme⁠-⁠söz: gorkup ýaşaýaryn.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: agsap.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: syýahat etmäge gidendir.

Ýa⁠-⁠da: pygamberler ýaly.

Bir kersen 7,33 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme⁠-⁠söz: olaryň ýüregini özüňe öwürýändigiňi bilsin.

Ýa⁠-⁠da: donunyň etegini biline daňdy⁠-⁠da.

Sözme⁠-⁠söz: Ýehowanyň eli onuň üstündedi.

Ýa⁠-⁠da: hyjuwym; yhlasym.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: hyjuwym; yhlasym.

Manysy: Hudaý Halasgärdir.

Sözme⁠-⁠söz: enem⁠-⁠atamy ogşap.

Sözme⁠-⁠söz: gurbanlyk berdi.

Ýagny indiki ýylyň ýaz pasly.

Ýagny ýaz pasly.

Sözme⁠-⁠söz: pyýada esgerini.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgä baý.

Ýa⁠-⁠da: äht.

Sözme⁠-⁠söz: pygamber ogullarynyň.

Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa⁠-⁠da: garşy şaýatlyk etsinler.

Sözme⁠-⁠söz: özüňi nejis işlere satdyň.

Sözme⁠-⁠söz: özüni nejis işlere satan.

Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.

Sözme⁠-⁠söz: öňümde özüni kiçeltdi.

Sözme⁠-⁠söz: ruh.

Sözme⁠-⁠söz: pygamberleriniň dilinde ýalançy ruh bolaryn.

Sözme⁠-⁠söz: pygamberleriň diline ýalançy ruh goýdy.

Sözme⁠-⁠söz: düşelgeden.

Başga manysy: şol howdan ahlaksyz aýallaryň suwa düşýän ýeridi.

Sözlüge serediň.

Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.

Sözlüge serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş