Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Zebur 1:1—150:6
  • Zebur

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Zebur
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Zebur

ZEBUR KITABY

1⁠-⁠NJI BÖLÜM

(1—41⁠-⁠nji aýdymlar)

1 Erbetleriň maslahatyna eýermeýän,

Günäkärleriň ýolundan ýöremeýän+,

Ýaňsylaýjylar bilen oturmaýan+ adam bagtlydyr.

 2 Ol Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýär+.

Gije⁠-⁠gündiz Hudaýyň kanuny hakda oýlanýar*+.

 3 Ol akar suwuň ýakasynda ekilen,

Miwesini möwsüminde berýän,

Ýapragy solmaýan agaç ýaly bolar.

Ähli işinde üstünlik gazanar+.

 4 Erbetleriň ýagdaýy beýle däldir.

Olar ýele sowrulan saman kimindir.

 5 Erbetler jezadan gaçyp bilmez+,

Günäkärler dogruçyllaryň arasynda bolmaz+.

 6 Ýehowa dogruçyl adamyň ýoluny bilýär+,

Erbediň ýoluny bolsa ýok eder+.

2 Milletler näme üçin gaharlanýar?

Halklar näme üçin biderek zatlar hakda oýlanýar?+

 2 Ýer ýüzüniň patyşalary baş galdyrýar,

Hökümdarlary maslahat edip+,

Ýehowa we onuň saýlanyna*+ garşy çykýar.

 3 Olar: «Bize salnan gandaly döweliň,

Ýüpüni üzüp taşlalyň!» diýýärler.

 4 Göklerde oturan olaryň üstünden güler.

Ýehowa olary ýaňsylar.

 5 Olar bilen gazaply gepleşer,

Gazap ody bilen gorkuzar.

 6 Ol: «Mukaddes dagym Sionda+

Patyşamy belledim»+ diýer.

 7 Men Ýehowanyň permanyny yglan edeýin.

Hudaý maňa şeýle diýdi: «Sen meniň oglum+,

Şu gün seniň ataň boldum+.

 8 Isleseň, milletleri miras goýaýyn,

Ýer ýüzüni ygtyýaryňa bereýin+.

 9 Olary demir hasa bilen döwersiň+,

Küýze ýaly çym⁠-⁠pytrak edersiň»+.

10 Indi bolsa, eý patyşalar, akylyňyza aýlanyň!

Eý ýer ýüzüniň kazylary, terbiýäni kabul ediň!

11 Ýehowadan gorkuň, oňa gulluk ediň,

Çuňňur hormat goýuň, şatlanyň.

12 Ogluny hormatlaň*+, ýogsam Alla gazaplanar,

Ýoluňyzda heläk bolarsyňyz+.

Sebäbi Allanyň gahary tiz tutaşýandyr.

Hudaýy pena edinen bagtlydyr!

Ogly Abselimden gaçyp ýören mahaly+ Dawudyň ýazan aýdymy.

3 Eý Ýehowa, duşmanlarym näme üçin köpeldi?+

Maňa garşy çykýanlar sanardan köp+.

 2 Adamlar men hakda:

«Hudaý ony halas etmez»+ diýýärler. (Sela*)

 3 Emma sen galkanymsyň, eý Ýehowa!+

Şan⁠-⁠şöhrat berip+, gaýratymy artdyrýarsyň!+

 4 Men Ýehowany çagyraryn,

Ol mukaddes dagyndan+ jogap berer. (Sela)

 5 Başymy ýassyga goýup, süýji uka giderin,

Sag⁠-⁠aman ukudan oýanaryn.

Sebäbi Ýehowa meniň daýanjym+.

 6 On müňlerçe adam gabasa⁠-⁠da,

Men olardan gorkmaryn+.

 7 Aýaga gal, eý Ýehowa! Dadyma ýetiş+, eý Allam!

Duşmanlarymyň äňine ur,

Erbetleriň dişini döw+.

 8 Eý Ýehowa, sen halas edýärsiň!+

Halkyňa bereket berýärsiň. (Sela)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Dawudyň aýdymy.

4 Eý adalatly Hudaýym+, dogama jogap ber.

Aladaly günümde çykalga görkez.

Maňa rehim et, dogalarymy diňle.

 2 Eý adamlar, haçana çenli abraýymy depelärsiňiz?

Haçana çenli biderek zatlary söýersiňiz?

Haçana çenli ýalan sözlärsiňiz? (Sela)

 3 Ýehowa wepaly adamlaryň gadyryny bilýär*.

Ýehowa dogamy eşider.

 4 Gaharlansaňyz⁠-⁠da, günä etmäň+.

Düşegiňizde oýlanyp*, ümsüm ýatyň. (Sela)

 5 Ak ýürekden* gurbanlyk beriň,

Ýehowa bil baglaň+.

 6 Adamlar: «Kim ýagşylyk eder?» diýýärler.

Eý Ýehowa, nurly ýüzüň ýalkym saçsyn!+

 7 Adamlar gallasy we täze şeraby köpelse şatlanýarlar.

Ýöne sen meni olardan⁠-⁠da has bagtly etdiň.

 8 Men ýatyp, süýji uka giderin+.

Eý Ýehowa, diňe seniň saýaňda arkaýyn ýaşaryn!+

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Nehilot*. Dawudyň aýdymy.

5 Eý Ýehowa, dilegimi eşit+,

Ahy⁠-⁠nalamy diňle!

 2 Perýadyma gulak goý,

Patyşahym, Hudaýym, saňa doga edýärin!

 3 Eý Ýehowa, säher çagy dogalarymy eşit+,

Säher bilen ýüregimi dökeýin+, umyt bilen garaşaýyn.

 4 Sen zalym işleri ýigrenýärsiň+,

Erbetler huzuryňa gelip bilmez+.

 5 Gopbamsylar öňüňde durup bilmez.

Sen erbetleri ýigrenýärsiň+.

 6 Ýalançylary ýok edersiň+.

Eý Ýehowa, zalymy* we hilegäri ýigrenýärsiň+.

 7 Men öýüňe+ bararyn, sebäbi meni söýýärsiň*+.

Mukaddes ybadathanaňa bakyp,

Hormat* bilen sežde ederin+.

 8 Eý Ýehowa, duşmanlar daşymda.

Meni dogry ýodalaryňdan ýöret,

Ýollaryňdan ýykylman ýöräýin+.

 9 Içigara adamlaryň sözüne,

Aýdan hiç bir zadyna ynanyp bolmaz.

Bogazy açyk gabyr ýalydyr,

Dili bilen ýaranjaňlyk edýändir+.

10 Hudaý olary höküm eder,

Olar öz pälinden tapar+.

Sebäbi köp günä etdiler, saňa garşy gozgalaň turuzdylar.

Olary huzuryňdan kow.

11 Seni pena edinenler begener+,

Hemişe joşup aýdym aýdar.

Sen olary gorarsyň,

Adyňy söýýänler işleriňe şatlanar.

12 Eý Ýehowa, dogruçyl adama bereket berersiň,

Ondan razy bolup, galkan kimin gorarsyň+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallaryny şeminitde* çalmaly. Dawudyň aýdymy.

6 Eý Ýehowa, maňa gazap bilen käýeme,

Gahar bilen temmi berme+.

 2 Eý Ýehowa, saralyp soldum, maňa rehim eýle!

Ýehowa, süňklerim sandyraýar, maňa güýç* ber!+

 3 Oda⁠-⁠köze düşdüm+,

Eý Ýehowa, haçana çenli çydaýyn?+

 4 Ýehowa, dadyma ýetiş, meni gutar+,

Wepaly söýgiň* hatyrasyna meni halas et!+

 5 Ölen adam seni ýatlarmy?

Mazarda* saňa alkyş aýdarmy?+

 6 Ahy⁠-⁠nala çekip, gurbatym gaçdy+,

Bütin gije aglaý⁠-⁠aglaý ýassygym* myžžyk boldy,

Gözýaşlarym sil deý akyp, ýatan ýerim köle döndi+.

 7 Hasratdan ýaňa gözlerim küteldi+,

Duşmanlardan ýaňa gözümiň nury öçdi.

 8 Ýehowa ahy⁠-⁠nalamy eşider+,

Eý erbetler, meni günüme goýuň!

 9 Ýehowa perýadymy eşider+,

Ýehowa dilegime jogap berer.

10 Duşmanlarym masgara bolup, howsala düşer,

Utanja galyp, duýdansyz yza çekiler+.

Benýamin taýpasyndan Kuşuň sözlerini ýatlap, Dawudyň Ýehowa aglap eden dogasy*.

7 Eý Ýehowa Hudaýym, sen penamsyň!+

Yzarlaýanlardan halas et, başymy gutar+.

 2 Ýogsam arslan kimin meni bölek⁠-⁠bölek ederler+,

Süýräp äkiderler, dadyma ýetişen bolmaz.

 3 Eý Ýehowa Hudaýym! Günä eden bolsam,

Adalatsyzlyk eden bolsam,

 4 Ýagşylyga ýamanlyk eden bolsam+,

Ýersiz⁠-⁠ýere duşmanymy talan bolsam*,

 5 Goý, duşmanlarym yzymdan kowup, ele salsyn.

Meni aýak astynda basgylasyn,

Abraýdan düşürsin. (Sela)

 6 Eý Ýehowa, gahar bilen aýaga gal,

Gazaply duşmanlarymyň garşysyna çyk+.

Aýaga gal, adalaty dikelt+.

 7 Goý, halklar daşyňa üýşsün.

Tagtyňa geçip, olara höküm çykar.

 8 Ýehowa halklary höküm eder+.

Eý Ýehowa, maňa adyl höküm çykar,

Dogruçyl, wepaly* bolanymy unutma+.

 9 Erbetleriň zalym işleriniň soňuna çyk,

Dogruçyly halas et+.

Sen ýürekleri, oý⁠-⁠pikirleri bilýän*+ adalatly Hudaýsyň+.

10 Allam meniň galkanym+, akýürekli adamlaryň Halasgäri!+

11 Hudaý — adyl Kazy+,

Hökümlerini her gün yglan edýär.

12 Ynsan toba etmese+, ol gylyjyny ýiteldýär+,

Ýaýyny çekip, nyşana alýar+.

13 Ol agyr ýaraglaryny,

Otly peýkamlaryny taýýarlaýar+.

14 Olar göwresinde erbetligi göterip,

Zalymlygy dogurýar, ýalany dünýä inderýär+.

15 Olar duzak gurup, çukur gazýar,

Emma öz gazan çukuryna özleri düşýär+.

16 Olaryň erbet işleri öz başyna geler+,

Eden sütemi öz depesinden iner.

17 Ýehowa alkyş aýdaryn, sebäbi ol adalatlydyr+.

Beýik Hudaý+ Ýehowanyň adyna aýdym aýdaryn+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Gitit*. Dawudyň aýdymy.

8 Eý Ýehowa Hudaýymyz, bütin ýer ýüzünde

Seniň beýik adyňa taý geljek ýokdur!

Seniň şöhratyň gökden hem beýikdir*+.

 2 Çagalaryň, bäbekleriň alkyşy+,

Garşy çykýanlara güýjüňi görkezýär,

Ganym duşmanlaryňy dymdyrýar.

 3 Gök asman, Aý we ýyldyzlar seniň elleriň işi,

Men olara seredip oýlanýaryn+:

 4 «Ýatlap aladasyny ederiň ýaly,

Başy ölümli ynsan kimmişin?»+

 5 Ony perişdelerden sähelçe peseltdiň,

Başyna şöhrat täjini geýdirdiň.

 6 Ähli işleriňi oňa tabşyrdyň+,

Ähli ýaradan zadyňy ygtyýaryna berdiň*.

 7 Goýun⁠-⁠geçileri, sygyr sürülerini,

Ýabany haýwanlary+,

 8 Gögüň guşlaryny, derýa balyklaryny,

Deňziň janly⁠-⁠jandaryny eline berdiň.

 9 Eý Ýehowa Hudaýymyz, bütin ýer ýüzünde

Seniň beýik adyňa taý geljek ýokdur!

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Mutlaben*. Dawudyň aýdymy.

א [Elip]

9 Eý Ýehowa, saňa ýürekden alkyş aýdaryn,

Ajaýyp işleriňi gürrüň bererin+.

 2 Sen begenjim, şatlygym!

Eý Allatagalam*, adyňa aýdym aýdaryn+.

ב [Bet]

 3 Duşmanlarym yza çekiler+,

Ýykylyp ýok bolarlar.

 4 Sen hakymy alyp berýärsiň,

Tagtyňda oturyp, adalatly höküm çykarýarsyň+.

ג [Gimel]

 5 Halklara käýäp+, erbetleri ýok etdiň,

Atlaryny ebedilik öçürdiň.

 6 Duşmanlaryňy hemişelik ýok etdiň,

Şäherlerini ýer bilen ýegsan etdiň.

Olaryň ady hiç haçan agzalmaz+.

ה [He]

 7 Ýehowa ebedilik höküm sürýär+,

Tagtyny adalatly höküm çykarmak üçin dikdi+.

 8 Ol ýer ýüzüne adalatly kazylyk eder+,

Halklara adalatly höküm çykarar+.

ו [Waw]

 9 Ýehowa ezilenlere pena bolar+,

Agyr günde gala bolar+.

10 Adyňy bilýänler saňa bil baglar+,

Eý Ýehowa, özüňi agtarýanlary terk etmersiň+.

ז [Zaýn]

11 Eý Sionda ýaşaýanlar, Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyň,

Işlerini halklara yglan ediň+.

12 Ol ejir çekýänleriň perýadyny unutmaýar+,

Olaryň ganyna galan adamlardan ar alýar+.

ח [Het]

13 Ölüm penjesinden gutarýan Ýehowa Hudaýym+,

Maňa rehim eýle, duşmanlarymyň sütem edişini gör.

14 Sionyň* derwezelerinde ajaýyp işleriňi yglan ederin+,

Halas edişiňi görüp şatlanaryn+.

ט [Tet]

15 Halklar öz gazan çukuryna özleri düşýär,

Guran toruna özi çolaşýar+.

16 Ýehowa çykaran hökümleri bilen tanalýar+,

Erbetler öz pälinden tapýar+.

(Higaýon*. Sela)

י [Ýod]

17 Allany unudan halklar,

Erbet adamlar mazara* iner.

18 Garyplar unudylmaz+,

Ýumşak adamlaryň umydy üzülmez+.

כ [Käp]

19 Aýaga gal, eý Ýehowa, adam ogly üstün çykmasyn,

Goý, halklar seniň öňüňde höküm edilsin+.

20 Eý Ýehowa, goý, halklar senden gorksun+,

Başy ölümli ynsandygyny bilsin. (Sela)

ל [Lam]

10 Eý Ýehowa, menden näme üçin uzakda durýarsyň?

Aladaly günümde näme üçin gizlenýärsiň?+

 2 Erbet we tekepbir adam ejizi yzarlaýar+,

Emma öz pälinden tapýar+.

 3 Erbet adam erbet işlerine buýsanýar+,

Açgöz adama alkyş aýdýar*,

נ [Nun]

Ýehowa hormat goýmaýar.

 4 Tekepbir, erbet adam Allany gözlemeýär.

Ol içinden: «Hudaý ýok»+ diýýär.

 5 Eden işi ugruna bolýar+,

Duşmanlarynyň üstünden gülýär.

Emma seniň hökümleriňe akyl ýetirip bilmeýär+.

 6 Ol içinden: «Men ýykylmaryn.

Bir nesil öter, başga nesil geler,

Emma men betbagtçylyk görmerin»+ diýýär.

פ [Pe]

 7 Agzyndan gargyş, haýbatly, ýalan sözler çykýar+,

Dili bilen bitmejek ýara salýar+.

 8 Obanyň çetinde bukuda ýatýar,

Bigünä adamyň janyny alýar+,

ע [Aýn]

Awundan gözüni sowmaýar+.

 9 Arslan kimin peýläp ýatýar+.

Ejizi tutmak üçin garaşýar,

Ony tora salýar+.

10 Tutan awuny tüýt⁠-⁠müýt edýär,

Ejizi penjesinde gysýar.

11 Ol içinden: «Hudaý görmeýär+,

Gözüni sowýar,

Erbet işlere ünsem bermeýär» diýýär+.

ק [Kap]

12 Eý Ýehowa, aýaga gal!+

Eý Hudaý jan, kömek et!+

Ejizleri unutma+.

13 Erbet adam näme üçin Hudaýy äsgermeýär?

Ol içinden: «Allanyň öňünde jogap bermerin» diýýär.

ר [Reş]

14 Emma sen ejir çekýänleri görýärsiň.

Halas etmek üçin nazar salýarsyň+.

Ezilenler saňa umyt baglaýar+,

Ýetimlere kömek edýärsiň+.

ש [Şin]

15 Erbediň, zalymyň elini döw+.

Şonda näçe agtarsaň⁠-⁠da,

Erbetligini tapmarsyň.

16 Ýehowa ebedi Patyşadyr+,

Zalym milletler ýer ýüzünden ýok bolar+.

ת [Taw]

17 Eý Ýehowa, ýumşaklaryň dilegine jogap ber+.

Olara güýç⁠-⁠kuwwat ber*+, nazar sal+.

18 Ýetimleriň, ezilenleriň hakyny alyp ber+.

Goý, başy ölümli ynsan olary gorkuzmasyn+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

11 Ýehowa meniň penamdyr!+

Siziň şeýle diýmäge nädip diliňiz barýar:

«Bar, guş kimin dagyňa uçup git!

 2 Erbetleriň ýaý çekişini görýärmiň?

Olar garaňkylykda ýaýyny çenäp ýatýar,

Dogruçyl adamyň döşüni deşýär.

 3 Adalat bolmasa, eden⁠-⁠etdilik bolsa,

Dogruçyl näme etsin?»

 4 Ýehowa mukaddes ybadathanasyndadyr+.

Ýehowanyň tagty gökdedir+.

Onuň gözleri adam ogullaryna syn edýär+.

 5 Ýehowa dogruçyly⁠-⁠da, erbedi⁠-⁠de synlaýar+.

Ol zorlugy söýýäni ýigrenýär+.

 6 Ol erbetleriň başyna bela⁠-⁠beter* ýagdyrar,

Ot, kükürt+ we çölüň ýeli bilen jezalandyrar.

 7 Ýehowa adalatly!+

Ol adalatly işleri gowy görýär+,

Dogruçyl adama bereket berýär+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Şeminit*. Dawudyň aýdymy.

12 Eý Ýehowa, meni halas et! Wepaly adam galmady.

Adamlaryň arasynda ynamdar galmady.

 2 Olar biri⁠-⁠birine ýalan sözleýär,

Ýaranjaňlyk edip, hilegärlik* bilen gepleýär+.

 3 Ýehowa ýaranjaň dili çapar,

Öwünjeň dili keser+.

 4 Olar: «Gepimizi gögerderis*,

Agzymyza geleni aýdarys.

Bizi kim saklap biler?»+ diýýärler.

 5 Ýehowa diýýär: «Ejizler ezilýär,

Garyplar ahy⁠-⁠nala edýär+.

Men aýaga galaryn!

Olary kemsidýänleriň elinden halas ederin».

 6 Ýehowanyň sözi arassadyr+.

Ol ojakda* ýedi sapar arassalanan kümüş ýalydyr.

 7 Eý Ýehowa, sen ejizleri aman saklarsyň+,

Her birini şu nesilden ebedilik gorarsyň.

 8 Erbetler döwran sürýär,

Sebäbi adam ogullary azgynlygy söýýär+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

13 Eý Ýehowa, haçana çenli meni unudarsyň? Hemişelikmi?

Maňa haçana çenli nazar salmarsyň?+

 2 Haçana çenli azap çekerin?

Haçana çenli uzakly gün hasrat çekerin?

Haçana çenli duşmanym menden üstün çykar?+

 3 Eý Ýehowa Hudaýym, nazar sal, jogap ber.

Ölüm ukusyna gitmez ýaly, maňa güýç* ber.

 4 Duşmanym: «Men ýeňdim!» diýmesin.

Ýagylarym ýykylanymy görüp begenmesin+.

 5 Men bolsa ýagşylygyňa* bil baglaýaryn+.

Halas edeniňde ýürekden şatlanaryn+.

 6 Ýehowanyň şanyna aýdym aýdaryn,

Sebäbi ol bol bereket berdi+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

14 Akylsyz adam içinden:

«Ýehowa ýok»+ diýýär.

Olar ýoldan çykdylar, ýigrenji işleri edýärler.

Ýagşylyk edýän ýok+.

 2 Ýöne Ýehowa gökden ynsan ogullaryny synlap,

Ýehowany gözleýäni, düşünjeli adamy tapmak isleýär+.

 3 Olaryň bary ýoldan çykdy+,

Ählisi azdy.

Ýagşylyk edýän ýok,

Ýekejesi⁠-⁠de ýok.

 4 Ýamanlyk edýänleriň düşünjesi ýokmy?

Olar halkymy çörek ýaly lak⁠-⁠luk atýarlar,

Ýehowany çagyrmaýarlar.

 5 Olar gorkup titreşer+,

Sebäbi Ýehowa dogruçylyň neslini goldar.

 6 Eý zalymlar, garybyň işine böwet bolýarsyňyz.

Emma Ýehowa garybyň penasydyr+.

 7 Goý, Ysraýylyň halasgäri Siondan gelsin!+

Ýehowa ýesir düşen halkyny yzyna getirer.

Goý, Ýakup şatlansyn, Ysraýyl begensin!

Dawudyň aýdymy.

15 Eý Ýehowa, çadyryňa kimi myhman alarsyň?

Mukaddes dagyňda kim ýaşar?+

 2 Halal* ýaşaýan+,

Dogry işleri edýän+,

Ýüreginde hakykaty aýdýan adam ýaşar+.

 3 Ol dili bilen töhmet atmaz+,

Goňşusyna* ýamanlyk etmez+,

Dostlaryna gara ýöňkemez+.

 4 Ol ýigrenji adam* bilen gatnaşmaz+,

Ýehowadan gorkýanlara hormat goýar.

Zyýanyna bolsa⁠-⁠da, beren sözünde durar+.

 5 Ol göterimine pul bermez+,

Bigünäni garalamak üçin para almaz+.

Şeýle adam asla sarsmaz+.

Miktam*. Dawudyň aýdymy.

16 Eý Hudaýym, meni gora! Sen meniň penam!+

2 Men Ýehowa diýdim:

«Ýehowa, ähli berekediň Gözbaşy sensiň!

 3 Ýer ýüzündäki mukaddeslere,

Hormata mynasyp ynsanlara guwanýaryn»+.

 4 Ýalan taňrylara gulluk edýänleriň derdi köpdür+.

Men olar bilen gan sadakalaryny hödürlemerin,

Taňrylaryň adyny⁠-⁠da agzamaryn+.

 5 Ýehowa meniň paýym+, käsämi püre⁠-⁠pür edýär+,

Mirasymy goraýar.

 6 Maňa mes toprakdan paý düşdi,

Mirasymdan razydyryn+.

 7 Ýehowa alkyş aýdaryn, sebäbi öwüt⁠-⁠nesihat berýär+.

Men gijelerine oýlanyp, sapak edinerin*+.

 8 Hemişe Ýehowa hakda pikir ederin+.

Ol meniň sagymda bolsa, asla sarsmaryn+.

 9 Şonuň üçin ýürekden şatlanaryn,

Kalbym joşar, asudalykda ýaşaryn.

10 Sen meni mazarda* goýmarsyň+,

Wepaly guluňy mazarda galdyrmarsyň*+.

11 Sen ýaşaýyş ýoluny öwredersiň+.

Huzuryňda hemişe şatlansynlar+,

Sagyňda elmydama begensinler.

Dawudyň dogasy.

17 Eý Ýehowa, ýalbarýaryn, adalaty dikelt!

Dady⁠-⁠perýadymy eşit,

Ak ýürekden edýän dogamy diňle+.

 2 Maňa adalatly höküm çykar+,

Gözleriň dogry işlerimi görsün.

 3 Gijelerine ýüregimi barladyň+,

Meni arassaladyň+.

Erbet niýetimiň ýokdugyny gördüň,

Dilim bilen günä etmändigimi bildiň.

 4 Nesihatyňa gulak asdym,

Beýlekiler ýaly talaňçylaryň ýolundan ýöremedim+.

 5 Meni öz ýollaryňdan ýöret,

Büdremez ýaly kömek et+.

 6 Eý Alla, saňa dileg edýärin,

Jogap berjegiňi bilýärin+.

Aşak egil⁠-⁠de, sözümi diňle, dilegimi eşit+.

 7 Gudratly işleriň arkaly wepaly söýgiňi göreýin+.

Eý Halasgärim! Senden pena gözleýänleri

Saňa garşy gidýänlerden goraýarsyň.

 8 Meni gözüň göreji deý gora+,

Ganatlaryň astynda gizle+.

 9 Maňa topulýan erbetlerden,

Meni gaban duşmanlardan gora+.

10 Olaryň ýüregi gatady,

Dili haýbatly gepleýär.

11 Daşymyzy gabaýarlar+,

Ýykmak üçin pursat gözleýärler.

12 Olar awuny tüýt⁠-⁠müýt edýän ýolbars kimindir,

Bukuda peýläp ýatan arslan kimindir.

13 Eý Ýehowa, aýaga gal!

Olar bilen söweş+, olary ýok et.

Gylyjyň bilen duşman elinden halas et.

14 Eý Ýehowa, nebsine çapýan,

Harsydünýä adamlardan gora+.

Olar ýagşy zatlaryňdan* peýdalanyp+,

Ogullaryna miras galdyrýarlar.

15 Men bolsa halal ýaşap, seni razy ederin*,

Her säher huzuryňda oýanyp şatlanaryn+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýehowanyň guly Dawudyň aýdymy. Ýehowa duşmanlaryndan we Şawuldan halas edende, Dawudyň Ýehowa aýdan aýdymy+.

18 Eý Ýehowa, seni söýýärin, sen güýç⁠-⁠kuwwatym+.

 2 Ýehowa penam, galam, dadyma ýetişýän Hudaýym+,

Hudaýym arkadagym+, penakärim,

Galkanym, arkam*, daýanjym*+.

 3 Ýehowa alkyşa mynasypdyr,

Çagyrsam, duşmanlardan halas eder+.

 4 Meni ölüm tanaplary baglady+,

Dereksiz adamlar sil deý gorkuzdy+.

 5 Mazaryň* ýüpleri maňa oraldy,

Öňümde ölüm duzaklary guruldy+.

 6 Agyr dert içinde Ýehowany çagyrdym,

Kömek sorap, Hudaýyma ýalbardym.

Ybadathanasyndan sesimi eşitdi+,

Perýadym gulagyna ýetdi+.

 7 Şonda ýer sarsdy, ýer titredi+,

Gaharyndan daglar lerzana geldi,

Gazabyndan eýläk⁠-⁠beýläk yrandy+.

 8 Burnundan tüsse,

Agzyndan ot çykdy+,

Alladan közler syçrady.

 9 Ol aşak inende, gökler baş egdi+,

Gara bulut aýagynyň astyna ýazyldy+.

10 Kerubyň üstünde uçup geldi+,

Perişdäniň* ganatynda aşak indi+.

11 Ol tümlüge bürendi+,

Gara bulutlary çadyr edindi+.

12 Huzuryndan nur saçyldy,

Buz we köz ýagyp, bulutlary böwsüp geçdi.

13 Ýehowa gökleri gürledende+,

Allatagala* geplände+,

Buz* we köz ýagdy.

14 Alla peýkam atyp, duşmanlaryny dargatdy+,

Ýyldyrym çakdyryp, howsala saldy+.

15 Ýehowa, sen käýäniňde,

Gahar bilen dem alanyňda,

Derýalaryň düýbi göründi+, ýer ýaryldy+.

16 Ol ýokardan elini uzadyp, meni tutdy,

Ummanyň içinden çekip çykardy+.

17 Meni güýçli duşmanlardan+,

Ganymlardan halas etdi,

Olar menden has güýçlüdi+.

18 Agyr günümde garşyma çykdylar+,

Emma Ýehowa daýanjym boldy.

19 Meni giň sähra alyp çykdy,

Menden razy bolup, janymy gutardy+.

20 Ýehowa dogruçyl bolanym üçin sylaglady+,

Halallygym üçin bereket berdi+.

21 Ýehowanyň ýolundan sowulmadym,

Hudaýymy terk edip, günä etmedim.

22 Hökümleri hakda hemişe oýlanýaryn,

Kanunlaryny äsgermezlik etmerin.

23 Onuň öňünde päkligime galaryn+,

Günäli işlere baş goşmaryn+.

24 Ýehowa dogruçyl bolanym üçin sylaglasyn+,

Päk bolanym üçin bereket bersin+.

25 Wepaly adama senem wepalysyň+,

Dogruçyl adam bilen senem dogruçylsyň*+.

26 Akýürekli adama ýagşylyk edýärsiň+,

Mekir adam seni aldap bilmez+.

27 Pesgöwünlini halas edýärsiň+,

Gopbamsyny peseldýärsiň+.

28 Eý Ýehowa, maňa nur saçýan* sensiň!

Ýa Allam, gijämi gündiz edýän sensiň!+

29 Seniň kömegiň bilen galtamanlara garşy çykaryn+,

Hudaýyň güýji bilen diwardan aşyp geçerin+.

30 Hak Hudaýyň ýoly kämildir+,

Ýehowanyň sözi päkdir+.

Hudaý pena gözleýänlere galkandyr+.

31 Ýehowadan başga Hudaý barmy?+

Arkadagymyz ýeke⁠-⁠täk Hudaýdyr!+

32 Güýjüme güýç goşýan hak Hudaýdyr+,

Ýörejek ýolumy tekizleýär+.

33 Aýagymy keýigiňki deý çalasyn edýär,

Depelerde duruzýar+.

34 Ellerime söweşmegi öwredýär,

Gollarym mis ýaýy egreldýär.

35 Maňa gutulyş galkanyny berýärsiň+,

Sag eliň bilen meni goldaýarsyň,

Sen pesgöwünli bolup, meni beýgeldýärsiň+.

36 Ýolumy arassaladyň, indi aýagym taýmaz+.

37 Duşmanlarymy kowalap, yzyndan ýeterin,

Olary ýok edýänçäm, yzyma dolanmaryn.

38 Olary şeýle bir uraryn welin, ýerinden galmazlar+,

Aýagymyň astynda serlip ýatarlar.

39 Söweşmäge güýç⁠-⁠kuwwat berersiň,

Duşmanymy dyza çökerersiň+.

40 Duşmanlarymy kowarsyň,

Meni ýigrenýänleri ýok ederin+.

41 Olar kömek sorar, ýardam beren tapylmaz,

Ýehowany çagyrar, olara jogap bermez.

42 Olary kül edip, ýele sowraryn,

Palçyk kimin ýere pylçap uraryn.

43 Halkymyň töhmetinden halas edersiň+,

Meni halklara baş edip goýarsyň+.

Ýat adamlar maňa hyzmat ederler+.

44 Olar adymy eşiden dessine tabyn bolarlar.

Keseki halklar öňüme baş egip gelerler+.

45 Ýat halklar güýçden gaçarlar,

Galasyndan titreşip çykarlar.

46 Ýehowa Biribardyr! Arkadagyma şöhrat!+

Halasgär Hudaýyma alkyş bolsun!+

47 Hak Alla arymy alýar+,

Halklary öňümde boýun egdirýär.

48 Meni duşmanlardan halas edýär.

Hüjüm edýänlerden üstün çykarýar*+,

Zalymlaryň elinden gutarýar.

49 Eý Ýehowa, halklaryň arasynda saňa alkyş aýdaryn+,

Adyňy taryplap aýdym aýdaryn+.

50 Patyşasyna beýik ýeňiş berýär+.

Saýlany* Dawuda hem onuň nesline,

Wepaly söýgüsi bakydyr+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

19 Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär+,

Gök gümmezi elleriniň işini jar edýär+.

 2 Her säher Allanyň sözüni sözleýär,

Her gije bilimini yglan edýär.

 3 Ne gep bar, ne⁠-⁠de gürrüň,

Olardan ses⁠-⁠seda çykmaýar.

 4 Emma owazy* dünýä ýaýraýar,

Älem⁠-⁠jahana wagyz edýär+.

Hudaý gökde Gün üçin çadyr dikdi.

 5 Gün öýlenýän ýigit kimin çadyryndan çykýar.

Ýaryşa gatnaşýan adam kimin şatlanýar.

 6 Ol gögüň bir çetinden,

Beýleki çetine çenli aýlanýar+;

Hiç zat jöwzasyndan gizlenmez.

 7 Ýehowanyň kanuny kämil+, güýjüňe güýç goşýar+,

Ýehowanyň öwüt⁠-⁠ündewi* ynama mynasyp+,

Tejribesiz* adamy paýhasly edýär+.

 8 Ýehowanyň buýruklary adalatly, ýüregi şatlandyrýar+.

Ýehowanyň tabşyryklary päk, gözleri nurlandyrýar+.

 9 Ýehowadan gorky+ peýdaly*, ebedi dowam edýär.

Ýehowanyň hökümleri hakdyr, ählisi adalatlydyr+.

10 Olar altyndan has gymmatlydyr,

Sap altyndan has arzylydyr+,

Baldan, ary öýjüginden damýan baldan hem süýjüdir+.

11 Olar gullaryňy erbetlikden goraýar+,

Kanunlaryňy berjaý edýän uly sylag alýar+.

12 Kim eden ýalňyşyna düşünip biler?+

Bilmän eden günälerimi bagyşla.

13 Bendäňi tekepbir bolmakdan sakla+,

Ýüregimde ulumsylyk kök urmasyn+.

Şonda saňa wepaly* bolaryn+,

Agyr günä etmerin.

14 Aýdýan sözlerim, oý⁠-⁠pikirim göwnüňden tursun+.

Eý Ýehowa, Arkadagym+, Halasgärim!+

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

20 Betbagtçylyk güni Ýehowa saňa jogap bersin,

Ýakubyň Hudaýynyň adyny çagyr, seni gorasyn+.

 2 Mukaddes mekanyndan elini uzatsyn+,

Sionda oturan seniň daýanjyň bolsun+.

 3 Ol beren sadakalaryňy unutmasyn,

Ýakma gurbanlyklaryňy kabul etsin. (Sela)

 4 Ýürek arzuwlaryňy hasyl etsin+,

Maksat⁠-⁠myradyňa ýetirsin.

 5 Halas edeniňde, seni wasp ederis+,

Hudaýymyzyň ady bilen tugumyzy dikeris+.

Goý, Ýehowa ähli dilegiňi kabul etsin.

 6 Ýehowa saýlanyny halas edýän ekeni+.

Mukaddes mekanyndan jogap berýär,

Sag eli bilen halas edýär*+.

 7 Käbiri söweş arabasyna, käbiri atyna bil baglaýar+,

Biz bolsa Ýehowa Hudaýymyzyň adyny çagyrýarys+.

 8 Duşmanlar ýeňildi, çökdüler dyza,

Başymyzy dik tutup, galdyk aýaga+.

 9 Eý Ýehowa, patyşany gora!+

Ol agyr günümizde kömek eder+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

21 Eý Ýehowa, patyşa seniň güýjüňe buýsanýar+,

Halas edişiňi görüp, çäksiz begenýär!+

 2 Ýürek arzuwlaryny hasyl edýärsiň+,

Agzyndan çykan dilegini kabul edýärsiň. (Sela)

 3 Bol⁠-⁠bol bereket berýärsiň,

Başyna sap altyndan täç geýdirýärsiň+.

 4 Ol senden uzak ömür diledi, dilegini eşitdiň+,

Ömrüni uzaltdyň, ebedi ýaşatdyň.

 5 Sen ýeňiş bereniňde, ol has⁠-⁠da beýgelýär+,

Şan⁠-⁠şöhraty we abraýy artýar.

 6 Ebedi bereket berýärsiň+,

Huzuryňda gezip begenýär+.

 7 Sebäbi patyşa Ýehowa bil baglaýar+,

Allatagalanyň* söýgüsi* bilen ol asla sarsmaz+.

 8 Duşmanlaryňy eliň bilen tutarsyň,

Sag goluň bilen ýakasyndan ýapyşarsyň.

 9 Bellän wagtyňda gelersiň, olary peje atarsyň.

Ýehowa gazaplanyp ýok eder, ot olary ýalmap ýuwudar+.

10 Olaryň nesli, tohum⁠-⁠tiji ýer ýüzünden,

Ynsan ogullarynyň arasyndan ýok ediler.

11 Saňa garşy dil düwüşdiler+,

Guran hileleri puja çykdy+.

12 Ýaýyňy çekersiň, nyşana alarsyň,

Olar yzyna seretmän gaçarlar+.

13 Eý Ýehowa, aýaga gal, güýjüňi görkez!

Gudratyňy wasp edip, aýdym aýdarys.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Säher maraly»*. Dawudyň aýdymy.

22 Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?+

Meni näme üçin halas etmeýärsiň?

Perýadyma näme üçin jogap bermeýärsiň?+

 2 Eý Hudaýym, gije⁠-⁠gündiz çagyrýaryn,

Maňa jogap bermeýärsiň+.

 3 Sen mukaddessiň+,

Ysraýyl halky saňa alkyş aýdýar.

 4 Ata⁠-⁠babalarymyz saňa bil baglady+,

Gözlerini dikdi, senem olary halas etdiň+.

 5 Senden ýardam islediler, olary halas etdiň.

Saňa bil bagladylar, tamasy puç bolmady*+.

 6 Meni bolsa kemsidip, masgaralaýarlar,

Adam saýman, gurçukça görýärler+.

 7 Meni görenler üstümden gülýärler+,

Ýaňsylap, başlaryny ýaýkaýarlar+:

 8 «Ol Ýehowa bil baglady. Goý, Hudaýy halas etsin,

Alla ony söýýän bolsa, goý, dadyna ýetişsin» diýýärler+.

 9 Meni ýagty jahana inderen sensiň+.

Ejemiň gujagynda* rahatlyk beren sensiň.

10 Dünýä inenim bäri goraýan sensiň,

Ejemiň göwresindekäm Hudaýym sensiň.

11 Betbagtçylyk ýakyndyr, menden ýüzüňi sowma+.

Senden başga meniň kimim bar?+

12 Öküzler daşymy gurşady+,

Başan öküzleri meni gabady+.

13 Awuny tüýt⁠-⁠müýt edýän arlaýjy arslan kimin+,

Duşmanlarym gahar⁠-⁠gazap bilen topulýar*+.

14 Suw kimin döküldim,

Süňklerim bognundan ýazdy.

Ýüregim mum* kimin eredi+.

15 Döwük küýzä döndüm, güýjüm galmady+,

Dilim damagyma ýapyşdy+.

Meni gara topraga gömdüň+.

16 Itler daş⁠-⁠töweregimi gabady+,

Garakçylar kimin daşyma üýşdi+,

Arslan kimin el⁠-⁠aýagymy çeýnedi+.

17 Süňklerimi sanabermeli boldy+.

Duşmanlar gözüni aýyrman seretdi.

18 Donumy paýlaşýarlar,

Eşigim üçin bije atýarlar+.

19 Eý Ýehowa, menden uzakda durma+.

Sen meniň güýç⁠-⁠kuwwatym, tiz ýetiş dadyma+.

20 Şirin janymy gylyçdan gutar,

Itleriň penjesinden halas et+.

21 Ýolbarsyň agzyndan, ýabany öküziň şahyndan gutar+.

Dogama jogap ber, meni halas et.

22 Adyňy doganlaryma aýdaryn+,

Ýygnakda seni wasp ederin+.

23 Ýehowadan gorkýanlar, alkyş aýdyň!

Ýakubyň nesilleri, Allany şöhratlandyryň!+

Ysraýyl ogullary, Hudaýdan gorkuň!

24 Sebäbi Alla ejiziň derdine göz ýumýan däldir+,

Ondan ýüz öwürýän däldir+,

Perýadyny eşidýändir+.

25 Jemagatyň öňünde seni wasp ederin+,

Senden gorkýanlaryň öňünde wadamy berjaý ederin.

26 Ýumşak adamlar iýip doýarlar+,

Ýehowany agtarýanlar ony wasp ederler+.

Goý, olar ebedi ömür sürsünler!

27 Tutuş zemin Ýehowany ýatlap dolanar,

Tire⁠-⁠taýpalar tagzym ederler+.

28 Sebäbi hökümdarlyk Ýehowanyňkydyr+,

Ol ähli milletleriň üstünden höküm sürýändir.

29 Baý adamlar* iýip, sežde ederler,

Gara topraga siňjekler öňünde dyz eperler.

Olar janyny gutaryp bilmezler.

30 Olaryň nesli Alla sežde eder,

Geljekki nesle Ýehowa barada gürrüň berer.

31 Olar geljekki nesle Hudaýyň adalatyny,

Eden ähli işlerini wagyz ederler.

Dawudyň aýdymy.

23 Ýehowa meniň Çopanym+,

Hiç zada mätäç bolmaryn+.

 2 Ol meni ýaşyl ýaýlada bakýar,

Bol suwly öri meýdanda* otladýar+.

 3 Maňa güýç berýär+,

Adynyň hatyrasyna adyl ýoldan ýöredýär+.

 4 Tüm⁠-⁠garaňky jülgeden ýöresem⁠-⁠de+,

Ýüregimde hiç hili gorky ýokdur+.

Sebäbi sen meniň ýanymdasyň+,

Hasaň hem taýagyň bilen goraýarsyň*.

 5 Duşmanlarymyň arasynda maňa saçak ýazýarsyň+,

Başyma ýag çalyp+, käsämi doldurýarsyň+.

 6 Ömürboýy ýagşylyk edersiň*, bol bereket berersiň+,

Bütin ömrümi Ýehowanyň öýünde geçirerin+.

Dawudyň aýdymy.

24 Ýer we ondaky ähli zatlar,

Tutuş zemin we onda ýaşaýanlar Ýehowanyňkydyr+.

 2 Hudaý gury ýeri deňizleriň üstünde+,

Derýalaryň üstünde berkitdi.

 3 Ýehowanyň dagyna kim çykyp biler?+

Mukaddes mesgenine kim baryp biler?

 4 Ýüregi päk, eli arassa+,

Ýalan ýere Meniň adymdan* ant içmeýän,

Mekirlik bilen kasam etmeýän adam baryp biler+.

 5 Ýehowa oňa bereket eçiler+,

Halasgär Hudaý ony dogruçyl* hasaplar+.

 6 Şeýle adam* Hudaýy agtarar,

Ýakubyň Hudaýyny razy eder. (Sela)

 7 Eý derwezeler, giňden açylyň!+

Eý gadymy gapylar, doly açylyň!

Goý, şöhratly Patyşa girsin!+

 8 Şan⁠-⁠şöhratly Patyşa kim?

Ol güýçli hem gudratly Ýehowadyr+,

Batyr pälwan Ýehowadyr+.

 9 Eý derwezeler, giňden açylyň!+

Eý gadymy gapylar, doly açylyň!

Goý, şöhratly Patyşa girsin!

10 Şan⁠-⁠şöhratly Patyşa kim?

Şan⁠-⁠şöhratly Patyşa Serkerdebaşy Ýehowadyr!+ (Sela)

Dawudyň aýdymy.

א [Elip]

25 Eý Ýehowa, saňa dileg edýärin!

ב [Bet]

 2 Ýa Allam, saňa bil baglaýaryn!+

Meni utanja goýma+,

Duşmanlarym üstümden gülmesin+.

ג [Gimel]

 3 Saňa bil baglaýanlar utanmaz+,

Dönükler masgara bolar+.

ד [Dal]

 4 Eý Ýehowa, maňa ýollaryňy görkez+,

Ýodalaryňy öwret+.

ה [He]

 5 Maňa öwret, dogry ýoldan ýöret+,

Sebäbi halasgär Hudaýym sensiň.

ו [Waw]

Saňa her gün bil baglaýaryn.

ז [Zaýn]

 6 Eý Ýehowa, rehimdar Hudaýdygyňy,

Halkyňa hemişe*+ ýagşylyk edýändigiňi* ýadyňa sal+.

ח [Het]

 7 Ýaşlykda eden günälerimi, etmişlerimi ýatlama.

Eý Ýehowa, meni unutma.

Sen wepaly söýgä+, ýagşylyga baýsyň!+

ט [Tet]

 8 Ýehowa ýagşydyr, adalatlydyr+,

Günäkäre ýaşaýyş ýoluny öwredýändir+.

י [Ýod]

 9 Ýumşaklara dogry ýoly görkezer+,

Olara ýoluny öwreder+.

כ [Käp]

10 Öwüt⁠-⁠ündewini* diňleýänleri+, ähtini berjaý edýänleri+,

Ýehowa söýýär*, wepaly bolýar.

ל [Lam]

11 Eý Ýehowa, öz adyň hatyrasyna+,

Eden agyr günämi bagyşla.

מ [Mim]

12 Ýehowadan kim gorkýar?+

Hudaý oňa gitmeli ýoluny öwreder+.

נ [Nun]

13 Ol ýagşy günleri görer+,

Nesli ýer ýüzüni miras alar+.

ס [Sameh]

14 Ýehowa hudaýhonlar* bilen dost bolar+.

Olara ähtini öwreder+.

ע [Aýn]

15 Ýehowa aýagymy tordan boşadar+,

Men hemişe Hudaýa bil baglaryn+.

פ [Pe]

16 Men ejiz, ýalňyz galdym,

Maňa nazar sal, rehim eýle.

צ [Sad]

17 Ýüregim gaýgydan doly+,

Meni dertden halas et.

ר [Reş]

18 Kalbymda harasat gopýar+,

Ähli günälerimi bagyşla+.

19 Seret, duşmanlarym sanardan köp,

Olar meni itden beter ýigrenýär.

ש [Şin]

20 Meni halas eýle, janymy gora+,

Meni utanja goýma, sen meniň penamsyň.

ת [Taw]

21 Wepadarlygym*, dogruçyllygym gorag bolsun+,

Sebäbi bar umydym sensiň+.

22 Eý Hudaý, ysraýyl halkyny ähli derdinden gutar.

Dawudyň aýdymy.

26 Eý Ýehowa, meni barla, sebäbi men saňa wepaly*+.

Men elmydama* Ýehowa bil baglaýaryn+.

 2 Meni barla, eý Ýehowa, meni synap gör,

Oý⁠-⁠pikirimi*, ýüregimi tämizle+.

 3 Hemişe seniň söýgiň* hakda oýlanýaryn,

Dogry ýollaryňdan ýöreýärin+.

 4 Ýalançylar bilen gatnaşmaýaryn+,

Ikiýüzlülerden gaça durýaryn.

 5 Zalym adamlary ýigrenýärin+,

Erbet adamlar bilen oturmaýaryn+.

 6 Eý Ýehowa, elimi arassalap, päk bolaryn,

Gurbanlyk ojagyň* daşyndan aýlanaryn.

 7 Ol ýerde saňa alkyş aýdaryn+,

Ajaýyp işleriň hakda gürrüň bererin.

 8 Eý Ýehowa, seniň öýüňi+,

Şöhratly mekanyňy söýýärin+.

 9 Günäkärler bilen meni deň görme+,

Zalym* adamlar bilen meni ýok etme.

10 Olar haýasyz işlere baş goşýarlar,

Sag eli bilen köp para alýarlar.

11 Men bolsa wepaly* bolaryn,

Meni halas et, maňa rehim eýle.

12 Aýagym tekiz ýerde durar+,

Jemagatyň öňünde Ýehowany wasp ederin+.

Dawudyň aýdymy.

27 Ýehowa nurum+, halasgärimdir.

Men kimden gorkaýyn?+

Ýehowa janymy goraýan galadyr+.

Kimden heder edeýin?

 2 Zalymlar maňa topulyp, ýok etjek boldy+,

Ganym duşmanlarym büdräp ýykyldy.

 3 Meni goşun gabasa⁠-⁠da,

Ýüregimde gorky bolmaz+.

Uruş tursa⁠-⁠da,

Hudaýa bil baglaryn.

 4 Ýehowadan dileýärin,

Şuny arzuw edýärin:

Ömürboýy Ýehowanyň öýünde bolsadym+,

Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda oýlansadym,

Ybadathanasyna guwanyp* seretsedim+.

 5 Dertli günümde penasynda gorar+,

Çadyrynyň gizlin ýerinde saklar+,

Beýik gaýanyň depesine çykarar+.

 6 Meni gaban duşmanlarymy ýeňerin,

Şatlanyp, onuň çadyrynda gurbanlyk bererin,

Ýehowany wasp edip aýdym aýdaryn.

 7 Eý Ýehowa, perýadymy eşit+,

Rehim eýläp, dogama jogap ber+.

 8 «Meni gözläp tapyň!» diýen sözleriň

Hemişe gulagymda ýaňlanýar.

Eý Ýehowa, seni bütin ýüregim bilen gözlärin+.

 9 Menden ýüzüňi sowma+,

Gahar edip guluňy kowma,

Sen meniň hemaýatkärim+,

Meni terk etme, taşlama, eý halasgärim.

10 Ene⁠-⁠atam taşlap gitse⁠-⁠de+,

Ýehowa maňa gujak açar+.

11 Eý Ýehowa, maňa ýoluňy öwret+,

Duşmanlarymdan gorap, dogry ýoluňdan ýöret.

12 Meni duşmanlarymyň eline berme+,

Ýalançy şaýatlar garşy çykýarlar+,

Zalymlyk bilen haýbat atýarlar.

13 Ýehowanyň ýagşylygyna iman etmedik bolsam,

Ýagty jahanda nirelerde bolardym?!*+

14 Ýehowa umyt bagla+,

Mert hem dogumly bol!+

Ýehowa umyt bagla!

Dawudyň aýdymy.

28 Seni çagyrýaryn, eý Ýehowa!

Meniň Arkadagym+, dilegimi diňle!

Dogama jogap bermeseň,

Mazara inýänlere meňzärin+.

 2 Ellerimi mukaddes çadyryňa* tarap uzadýaryn+,

Eşit meniň nalamy, kömek sorap ýalbarýaryn.

 3 Meni zalymlar we erbetler bilen deň görme+,

Olar gülüp baksa⁠-⁠da, ýüreginde ýigrenç bar+.

 4 Eden etmişleriniň+,

Zalym işleriniň hakyny ber.

Goý, olar pälinden tapsyn,

Edenini egni bilen çeksin+.

 5 Olar Ýehowanyň gudratlaryny görmeýärler,

Elleriniň işine üns hem bermeýärler+.

Alla olary ýykar, ýerinden galmaz ýaly eder.

 6 Dilegim kabul boldy,

Ýehowa alkyş aýdaryn.

 7 Ýehowa güýjüm+, galkanym+,

Oňa ýürekden bil baglaýaryn+.

Maňa ýardam berýär, köňlüm şatlanýar.

Şonuň üçin oňa nagma aýdýaryn.

 8 Ýehowa halkynyň güýç⁠-⁠kuwwatydyr!

Saýlan adamyny gala ýaly goraýandyr+.

 9 Halkyňy halas et, bereket ber+,

Olaryň çopany bol, ebedilik gujagyňda göter+.

Dawudyň aýdymy.

29 Eý batyrlaryň ogullary, Ýehowa aýdym aýdyň!

Güýçli we şan⁠-⁠şöhratly Ýehowa alkyş aýdyň+.

 2 Ýehowanyň adyny arşa galdyryň,

Mukaddes lybas geýip*, Ýehowa tagzym* ediň.

 3 Ýehowanyň sesi ummanyň ýüzünde ýaň salýar,

Şan⁠-⁠şöhratly Hudaý gögi gümmürdedýär+,

Ýehowa bulutlaryň* üstündedir+.

 4 Ýehowanyň sesi batlydyr+,

Ýehowanyň owazy haýbatlydyr.

 5 Ýehowanyň sesi kedr agaçlaryny ýykýar,

Ýehowa Liwanyň kedr agaçlaryny çym⁠-⁠pytrak edýär+.

 6 Ol Liwany* göle kimin,

Sirýony+ ýabany öküzçe kimin bökjekledýär.

 7 Ýehowanyň sesinden ýyldyrym çakýar+.

 8 Ýehowanyň sesinden çöller titreýär+,

Ýehowanyň sesinden Kadeş+ çöli çaýkanýar.

 9 Ýehowanyň sesinden maral gorkup guzlaýar,

Tokaýyň agaçlary ýapragyny dökýär+.

Ybadathanasyndaky jemagat:

«Alla şöhrat, şöhrat!» diýýär.

10 Ýehowa akar suwlaryň hökümdary+,

Ýehowa Patyşa, tagtynda ebedi oturýar+.

11 Ýehowa halkyna güýç⁠-⁠kuwwat berýär+,

Ýehowa halkyna parahatlyk berýär+.

Öýüň açylyş dabarasynyň şanyna ýazylan aýdym. Dawudyň aýdymy.

30 Seni beýgelderin, eý Ýehowa! Sebäbi meni halas etdiň,

Duşmanlaryň üstümden gülmegine ýol bermediň+.

 2 Ýehowa Hudaýym, perýadymy eşidip, aýaga galdyrdyň+.

 3 Eý Ýehowa, meni mazardan* çykardyň+,

Maňa ýaşaýyş berip, gabra inmekden sakladyň+.

 4 Ýehowanyň wepaly bendeleri, wasp ediň+,

Mukaddes adyna alkyş aýdyň+.

 5 Onuň gahary az salymlykdyr+,

Ýagşylygy bolsa ömürboýy dowam edýär+,

Agşam agy eşidilse⁠-⁠de, daňdan şatlyk ýaňlanýar+.

 6 Asudalyk döwri:

«Men asla sarsmaryn» diýdim.

 7 Eý Ýehowa, menden razy bolanyňda, dag ýaly güýçlüdim+.

Menden ýüz öwreniňde, örän gorkdum+.

 8 Seni çagyrýaryn, eý Ýehowa!+

Rehim et, ýalbarýaryn, eý Ýehowa!

 9 Men ölsem, mazara insem, saňa ne peýda?+

Topraga siňsem, saňa alkyş aýdarynmy?+

Wepaly Hudaýym hakda gürrüň bererinmi?+

10 Eý Ýehowa, meni eşit, rehim eýle!+

Eý Ýehowa, maňa ýardam ber!+

11 Sen ýasymy toýa öwürdiň,

Ýas eşigimi* çykaryp, toý lybasyny geýdirdiň.

12 Saňa alkyş aýdaryn, dynman wasp ederin.

Eý Ýehowa Hudaýym, seni ebedilik şöhratlandyraryn!

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

31 Eý Ýehowa, sen meniň Penam!+

Eý adalatly Hudaý, meni halas et!+

Hiç haçan utanja galmaýyn+.

 2 Aşak egil⁠-⁠de, sözümi diňle,

Ýetiş meniň dadyma+.

Dagda gurlan gala bol,

Berk gala dek meni gora+.

 3 Sen arkadagym hem galam!+

Adyň hatyrasyna+ maňa ýol görkez+.

 4 Meni duzaklardan gorarsyň+,

Sebäbi meniň galam sensiň+.

 5 Eý Ýehowa, janymy saňa ynandym+.

Wepaly Hudaýym*, meni halas etdiň+.

 6 Dereksiz butlara sežde edýänleri ýigrenýärin,

Men Ýehowa bil baglaýaryn.

 7 Söýgiň* hakda oýlanyp, ýürekden şatlanaryn.

Sen agyr halymy görýärsiň+,

Kalbymyň derdini bilýärsiň.

 8 Meni asuda ýere eltdiň.

Duşman eline bermediň.

 9 Eý Ýehowa, rehim eýle! Ýüregim para⁠-⁠para,

Gözlerim küteldi+, bedenim gurady+.

10 Gussadan ýaňa ömrüm kül boldy+,

Ýyllarym agyr dert içinde geçdi+.

Günämden ýaňa gurbatym gaçdy,

Süňklerim gurady+.

11 Duşmanlarym üstümden gülýär+,

Goňşylarym kemsidýär.

Tanyşlarym menden gorkýar,

Meni görüp gaçyp gidýär+.

12 Unutdylar meni merhum adam deý,

Halym harap boldy, döwük küýze deý.

13 Men gorka düşdüm.

Gybatymy etdiler+,

Dildüwşük gurdular,

Öldürmegiň küýüne düşdüler+.

14 Eý Ýehowa, saňa bil baglaýaryn!+

«Sen meniň Hudaýym» diýýärin+.

15 Ömrüm seniň eliňde,

Yzarlaýanlardan, duşmanlardan halas et+.

16 Seniň ýüzüň bendäňe nur saçsyn+,

Wepaly bolup*, meni halas et.

17 Eý Ýehowa, seni çagyrýaryn, utanja goýma+.

Erbet adam masgara bolsun+,

Dymyp, mazara* insin+.

18 Ýalançylaryň dili tutulsyn+,

Dogruçyllary kemsidýänler, gopbamsylar dymsyn.

19 Eden ýagşylygyň çägi ýok!+

Hudaýhonlara* bereket berdiň+,

Bil baglaýanlara ýagşylyk etdiň.

Olary halklaryň öňünde ýalkadyň+.

20 Olary gizlin ýeriňde saklarsyň,

Päliýamanlardan gorarsyň+.

Olary penaňda saklarsyň,

Zalymlaryň hüjüminden+ gorarsyň.

21 Şäheri gabasalar⁠-⁠da+,

Gudratly işleriň arkaly wepaly söýgiňi gördüm+.

Eý Ýehowa, saňa alkyş bolsun!

22 Gorkudan ýaňa: «Meni huzuryňdan ýok ederler» diýdim+.

Ýöne sen dilegime jogap berdiň+.

23 Eý Allanyň wepaly bendeleri, Ýehowany söýüň!+

Ýehowa wepaly gullaryny goraýar+,

Tekepbirlere agyr jeza berýär+.

24 Ýehowa sabyrly garaşýanlar+,

Mert boluň, berk duruň!+

Dawudyň aýdymy. Maskil*.

32 Ýazygy ötülen, günäsi bagyşlanan adam+ bagtlydyr!

 2 Ýehowanyň günäsiz hasaplaýan adamy bagtlydyr!+

Ýüregi hilesiz adam bagtlydyr!

 3 Günälerimi ýaşyrdym, gurady süňklerim,

Gözýaş dökdüm, uzakly gün agladym+.

 4 Goluň bilen gije⁠-⁠gündiz egnimden basdyň+,

Ysgyn⁠-⁠mydarymy aldyň, halym guran çeşmä döndi. (Sela)

 5 Ahyry günälerimi boýun aldym,

Olaryň hiç birini gizlemedim+.

«Ýehowanyň öňünde günämi boýun alaýyn» diýdim+.

Sen hem ähli günälerimi bagyşladyň+. (Sela)

 6 Indi wepaly bendäň saňa doga eder+,

Heniz wagt barka seni agtarar+.

Şonda ne sil, ne⁠-⁠de tupan zyýan ýetirer.

 7 Sen meniň penam,

Ajy hasratdan goraýan galam+.

Meni halas edeňde, aýdym sesi ýaňlanar+. (Sela)

 8 Sen diýdiň: «Düşünje bererin, ýörejek ýoluňy görkezerin+,

Gözüm sende bolar, öwüt⁠-⁠ündew bererin+.

 9 At ýa⁠-⁠da gatyr ýaly düşünjesiz bolma!+

Uýany ýa jylawy bolmasa,

Olara diýeniňi etdirip bolýan däldir».

10 Erbetleriň derdi köpdür,

Ýöne Ýehowa bil baglaýanlar mährinden* ganar+.

11 Eý dogruçyllar, Ýehowanyň elleriniň işine şatlanyň!

Eý päk ýürekli adamlar, şatlykdan ýaňa gygyryň!

33 Eý dogruçyllar, Ýehowanyň işlerini wasp ediň!+

Adalatly adamlara alkyş aýtmak ýaraşýar.

 2 Arfa çalyp, Ýehowa alkyş aýdyň,

Çeň* saz guraly bilen wasp ediň.

 3 Onuň şanyna täze aýdym aýdyň+,

Ussatlyk bilen saz çalyň, şatlanyp gygyryň.

 4 Ýehowanyň sözi hakykatdyr+,

Ähli eden işleri ynama mynasypdyr.

 5 Ýehowa dogruçyllygy hem adalaty söýýär+,

Ýer ýüzüni wepaly söýgüsi* bilen çoýýar+.

 6 Asman Ýehowanyň sözi bilen ýaradylandyr+,

Asman jisimleri demi bilen dörändir.

 7 Ol böwet goýup, deňziň suwuny saklaýar+,

Joşýan suwy howdanlara* ýygnaýar.

 8 Goý, bütin dünýä Ýehowadan gorksun+,

Ýer ýüzünde ýaşaýanlar Hudaýa hormat goýsun.

 9 Alla aýtdy, sözi amala aşdy+,

Buýruk berdi, ähli zat peýda boldy+.

10 Ýehowa halklaryň niýetini puç etdi+,

Milletleriň maksat⁠-⁠myradyny bozdy+.

11 Ýehowanyň kararlary ebedi galýar+,

Ýüreginiň niýetleri nesilden⁠-⁠nesle dowam edýär.

12 Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr!+

Allanyň seçip saýlan halky bagtlydyr!+

13 Ýehowa gökden ser salyp,

Ynsan ogullaryny synlaýar+.

14 Öz mekanyndan

Ýer ýüzünde ýaşaýanlara syn edýär.

15 Ynsan ýüregini ýaradan,

Ähli işlerini barlaýan oldur+.

16 Patyşany uly goşuny goramaz+,

Batyr adamy güýç⁠-⁠kuwwaty halas etmez+.

17 Atyna daýanýan adam özüni aldar+;

Onuň güýjüne bil baglaýan aman galmaz.

18 Ýehowa hudaýhonlara*,

Ýagşylyk etmegine* garaşýanlara nazar salýar+.

19 Olaryň janyny halas edýär,

Açlyk döwri ölümden gutarýar+.

20 Ýehowa sabyrly garaşarys.

Ol hemaýat eder, galkan kimin gorar+.

21 Hudaýyň işlerine şatlanýarys,

Mukaddes adyna daýanýarys+.

22 Eý Ýehowa, biz saňa garaşarys!+

Bizden wepaly söýgiňi gaýgyrma+.

Dawut Abymälik patyşanyň öňünde dälirän boldy+ we kowuldy. Dawudyň aýdymy.

א [Elip]

34 Ýehowa hemişe alkyş aýdaryn,

Hudaýy elmydama wasp ederin.

ב [Bet]

 2 Ýehowa joşup alkyş aýdaryn+,

Ýumşak adam muny eşidip begener.

ג [Gimel]

 3 Geliň, Ýehowany şöhratlandyralyň+,

Adyny arşa galdyralyň!

ד [Dal]

 4 Ýehowa doga etdim, dilegime jogap berdi+,

Gorkudan nam⁠-⁠nyşan galmady+.

ה [He]

 5 Oňa bil baglaýanlar bagtlydyr,

Olaryň ýüzi gyzarmaz.

ז [Zaýn]

 6 Ejiz adam ýalbaranda, Ýehowa eşitdi,

Ähli gaýgy⁠-⁠aladasyndan gutardy+.

ח [Het]

 7 Ýehowanyň perişdesi hudaýhonlary goraýar*+,

Olary halas edýär+.

ט [Tet]

 8 Ýehowany synaň, goldaw berişini görüň*+,

Hudaýy pena edinýän adam bagtlydyr.

י [Ýod]

 9 Eý Ýehowanyň mukaddesleri, ondan gorkuň!

Alladan gorkýanlar mätäçlik çekmez+.

כ [Käp]

10 Hatda güýçli ýolbarslar hem aç gezýär,

Ýöne Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz+.

ל [Lam]

11 Ogullarym, meni diňläň,

Ýehowadan gorkmagy öwredeýin+.

מ [Mim]

12 Kim bagtly ýaşamak isleýär?

Kim uzak ömür sürmek isleýär?+

נ [Nun]

13 Goý, ol adam dilini erbetlikden+,

Agzyny hilegärlikden saklasyn+.

ס [Sameh]

14 Ýamanlykdan gaça dursun, ýagşylyk etsin+,

Parahatlygy agtarsyn, ony gorap saklasyn+.

ע [Aýn]

15 Ýehowa dogruçyllara nazar salýar+,

Olaryň perýadyny eşidýär+.

פ [Pe]

16 Ýehowa erbetlerden ýüzüni sowýar,

Ýer ýüzünden olaryň adyny ýok edýär+.

צ [Sad]

17 Dogruçyllar perýat edende, Ýehowa diňleýär+,

Dertlerinden gutarýar+.

ק [Kap]

18 Ýehowa ýüregi ýaraly adama ýakyndyr+,

Göwnüçökgünleri halas edýär+.

ר [Reş]

19 Dogruçylyň derdi köpdür+,

Emma Ýehowa ähli derdinden gutarýar+.

ש[Şin]

20 Onuň süňklerini goraýar,

Hiç biri⁠-⁠de döwülmez+.

ת [Taw]

21 Erbetler heläk bolar,

Dogruçyly ýigrenýänler höküm ediler.

22 Ýehowa gullarynyň janyny halas eder,

Allany pena edinýänleriň günäsi geçiler+.

Dawudyň aýdymy.

35 Eý Ýehowa, duşmanlardan hakymy alyp ber+,

Ganym duşmanlarym bilen söweş+.

 2 Ululy⁠-⁠kiçili galkanyňy eliňe al+,

Aýaga gal, meni gora+.

 3 Naýzaňy we aýpaltaňy alyp, duşmana+ hüjüm et,

«Seniň halasgäriň mendirin!» diý+.

 4 Janymyň kastyna çykanlar masgara bolsun,

Abraýdan düşsün+,

Maňa garşy dildüwşük guranlar ýüzügara bolsun.

 5 Olar saman kimin ýele sowrulsyn,

Olary Ýehowanyň perişdesi derbi⁠-⁠dagyn etsin+.

 6 Ýehowanyň perişdesi yzyndan kowsun,

Olaryň ýollary garaňky we typançak bolsun.

 7 Olar yrsarap, maňa duzak gurýarlar,

Nähak ýere ýoluma çukur gazýarlar.

 8 Goý, bela duýdansyz üstüne gelsin,

Öz guran toruna özi düşsün.

Öz gazan çukuryna ýykylyp heläk bolsun+.

 9 Men bolsa Ýehowanyň gudratly işlerine şatlanaryn,

Halas edişini görüp begenerin.

10 Men bütin janym bilen:

«Ýehowa taý geljek barmy?» diýerin.

Sebäbi ejizi duşmanlaryndan gutardyň+,

Ejizi hem garyby talaňçylardan halas etdiň+.

11 Ýalan şaýatlar maňa garşy çykdylar+,

Bilmeýän zatlarym hakda soradylar.

12 Olar ýagşylygyma ýamanlyk etdiler+,

Maňa ajy hasrat çekdirdiler.

13 Olar kesellände bolsa jul* geýdim,

Gam⁠-⁠gussa batyp, agyz bekledim.

Emma Hudaý dogama jogap bermedi.

14 Şonda dostuny, doganyny ýitiren,

Ejesini jaýlan adam kimin başymy sallap oturdym.

15 Men ýykylanymda heşelle kakdylar, jem boldular.

Meni öldürmek üçin bukuda ýatdylar.

Olar topulyp, meni tüýt⁠-⁠müýt etdiler.

16 Hudaýsyz adamlar üstümden gülüp kemsitdiler*,

Maňa dişini gyjadylar+.

17 Ýehowa, haçana çenli seredip durjak?+

Olaryň hüjümlerinden meni halas et+,

Arslanyň penjesinden janymy gutar+.

18 Şonda men jemagatyň öňünde saňa alkyş aýdaryn+,

Märekäniň öňünde adyňy wasp ederin.

19 Sebäpsiz ýere maňa duşman bolanlar begenmesin,

Meni ýigrenýänler+ göz gypyp, duzak gurmasyn+.

20 Olar yrsaraýarlar,

Ýuwaş adama garşy dil düwüşýärler+.

21 Olar meni aýyplaýarlar, kemsidip:

«Içiň ýansyn, saňa geregem şol!» diýýärler.

22 Ýehowa, ähli zady görýärsiň. Dadyma ýetiş!+

Ýehowa, menden ýüzüňi sowma!+

23 Aýaga galyp, meni gora,

Hudaýym Ýehowa, meniň hakymy alyp ber.

24 Hudaýym Ýehowa, adalatly höküm çykar+,

Duşmanlarym üstümden gülmesin.

25 Olar hiç haçan: «Saňa geregem şol!

Arzuwymyz hasyl boldy» diýmesin.

«Biz ony ýalmap ýuwutdyk» diýmesin+.

26 Agyr halyma gülenler masgara bolup, utanja galsyn,

Meni kemsiden adamlar ile gülki bolsun.

27 Emma dogruçyldygymy görenler joşup aýdym aýtsynlar.

Olar yzyny üzmän: «Arkaýyn ýaşaýan guluna guwanýan

Ýehowa şöhrat!»+ diýsinler.

28 Şonda men adalatyň hakda oýlanaryn+,

Uzakly gün saňa alkyş aýdaryn+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýehowanyň guly Dawudyň aýdymy.

36 Erbet adamyň ýüreginde günä höküm sürýär,

Ol Hudaýdan gorkmaýar+.

 2 Ol özüne gowy adamdyryn öýdýär,

Ýöne eden günäsini bilmeýär, ýigrenmeýär+.

 3 Agzyndan zäherli, hileli sözler çykýar,

Ýagşylyk etmegiň nämedigini bilmeýär.

 4 Ýatan ýerinde duzak gurmagyň pikirini edýär,

Ýamanlykdan ýüz öwürmeýär,

Egri ýoldan ýöreýär.

 5 Ýehowa, seniň söýgiň* asmana+,

Wepalylygyň bulutlara ýetýär.

 6 Adalatyň beýik daglar kimindir+,

Hökümleriň giň umman ýalydyr+.

Eý Ýehowa, ynsany⁠-⁠da, haýwany⁠-⁠da goraýan sensiň!+

 7 Ýa Allam, wepaly söýgiň meniň üçin gymmatlydyr!+

Ynsan ogullary ganatlaryň astynda pena tapýarlar+.

 8 Saçagyňdaky näz⁠-⁠nygmatdan doýarlar+,

Eşretli çeşmäňden içip ganarlar+.

 9 Ýaşaýşyň Gözbaşy sensiň+,

Seniň nuruň bize şöhle saçýar*+.

10 Özüňi tanaýanlara wepaly bol*+,

Akýürekli adamlara adalatly bol+.

11 Gopbamsylar meni depelemesin,

Erbetleriň eli maňa ýetmesin.

12 Günäkärler büdräp ýykyldy,

Ýatan ýerinden galyp bilmedi+.

Dawudyň aýdymy.

א [Elip]

37 Zalym adamlar üçin janyňy ýakma,

Günä edýän adamlara göriplik etme+.

 2 Olar ot kimin tiz gurar+,

Gök maýsa kimin solar.

ב [Bet]

 3 Ýehowa bil bagla, ýagşy işleri et+,

Wepaly bolup, uzak ömür sür+.

 4 Ýehowanyň işlerine ýürekden şatlan,

Ol seni arzuwyňa ýetirer.

ג [Gimel]

 5 Goý, Ýehowa saňa ýol görkezsin+,

Hudaýa bil bagla, ol saňa ýardam eder+.

 6 Şonda dogruçyllygyň daň şapagy kimin,

Adalatyň Gün kimin şöhle saçar.

ד [Dal]

 7 Ýehowanyň huzurynda ümsüm bol+,

Sabyrly garaş.

Erbet adamyň işi oňuna bolanda,

Janyňy ýakma+.

ה [He]

 8 Gahar⁠-⁠gazaba münme+,

Ruhdan düşüp, egri ýola sowulma*.

 9 Sebäbi zalymlar ýok ediler+,

Ýehowa umyt baglaýanlar ýeri miras alar+.

ו [Waw]

10 Ýene biraz wagtdan erbet ýok bolar+.

Onuň ýerine seredersiň, emma ol ýokdur+.

11 Ýumşaklar bolsa ýeri miras alar+,

Parahatlykda ýaşap, döwran sürer+.

ז [Zaýn]

12 Erbet adam dogruçyla duzak gurýar+,

Oňa dişini gyjaýar.

13 Emma Ýehowa zalymyň üstünden gülýär,

Onuň heläk boljak gününi bilýär+.

ח [Het]

14 Erbet adam ýaýyny çekip, gylyjyny gynyndan çykarýar,

Pukaranyň, ezileniň janyny alyp,

Dogruçylyň başyny kesmek isleýär.

15 Emma gylyjy öz gursagyna sanjylar+,

Ýaýy bölek⁠-⁠bölek ediler.

ט [Tet]

16 Dogruçylyň sanlyja maly,

Erbetleriň mal⁠-⁠mülkünden gowudyr+.

17 Erbetleriň goly döwler,

Ýehowa dogruçyllara hemaýat eder.

י [Ýod]

18 Ýehowa bigünäleriň çekýän derdini bilýär.

Olaryň mirasy nesilden⁠-⁠nesle geçýär+.

19 Olar heläkçilik döwri utanja galmaz,

Açlyk döwri saçaklary doly bolar.

כ [Käp]

20 Erbetler ýok bolar+,

Ýehowanyň duşmanlary guran öri meýdan ýaly bolar.

Olar tüsse kimin gaýyp bolar.

ל [Lam]

21 Erbet adam karz alar, yzyna bermez,

Dogruçyl bolsa jomartdyr, hiç gysganmaz+.

22 Hudaýyň ýalkan adamy ýeri miras alar,

Allanyň gargan adamy ýok bolar+.

מ [Mim]

23 Ýehowa ynsanyň ýöreýän ýolundan razy bolsa+,

Onuň ädimlerini ugrukdyrar+.

24 Ol büdrese⁠-⁠de, ýykylmaz+,

Sebäbi Ýehowa elinden tutar+.

נ [Nun]

25 Men ýaş ýigitdim, indi garradym,

Hudaý dogruçyl adamy taşlamaýan ekeni+,

Zürýadyny çöreksiz goýmaýan ekeni+.

26 Ol jomartlyk bilen berýär+,

Çagalary⁠-⁠da bereket alýar.

ס [Sameh]

27 Ýamandan gaça dur, ýagşylyk et+,

Ýer ýüzünde ebedi ýaşa.

28 Ýehowa adalaty söýýär,

Wepaly gullaryny taşlamaýar+.

ע [Aýn]

Olary hemişe goraýar+,

Erbediň bolsa tohum⁠-⁠tijini gyrýar+.

29 Dogruçyl adam ýeri miras alar+,

Onda ebedi ýaşar+.

פ [Pe]

30 Dogruçylyň agzyndan paýhasly sözler çykýar,

Adalaty dilinden düşürmeýär+.

31 Allanyň kanuny hakda oýlanýar+,

Aýagy taýmaýar+.

צ [Sad]

32 Erbet adam dogruçyldan gözüni aýyrman,

Janyny almagyň ýoluny agtarýar.

33 Ýehowa dogruçyly zalymyň eline bermez+,

Kazyýetde dogruçylyň günäsi tapylmaz+.

ק [Kap]

34 Ýehowa umyt bagla, onuň ýolundan ýöre,

Ol seni beýgelder, ýeri miras alarsyň,

Erbetleriň ýok edilişini+ gözüň bilen görersiň+.

ר [Reş]

35 Men zalym we rehimsiz adamy gördüm,

Ol mes toprakda gülläp ösýän agaja meňzeýärdi+.

36 Emma ol duýdansyz ýok boldy+,

Men ony agtardym, ýöne tapmadym+.

ש [Şin]

37 Ýazyksyz adama üns ber,

Gözüň dogruçyl adamda+ bolsun,

Sebäbi ol parahat ömür sürer+.

38 Günäkärler bolsa ýok ediler,

Erbetler kesilip taşlanar+.

ת [Taw]

39 Dogruçyly Ýehowa halas eder+,

Agyr gününde gala kimin gorar+.

40 Ýehowa dogruçyly halas eder+.

Erbet adamyň elinden alyp galar,

Sebäbi ol Hudaýy pena edinýär+.

Dawudyň öwüt⁠-⁠nesihat* aýdymy.

38 Eý Ýehowa, gazap bilen,

Gahar bilen maňa käýeme+.

 2 Oklaryň içimden geçdi,

Agyr eliň egnimden basdy+.

 3 Beren temmiňden ýaňa bütin bedenim agyrýar,

Günäm sebäpli kalbym aram tapmaýar+.

 4 Ýazyklarym başymdan agdy+,

Agyr ýük kimin gerşimden basdy.

 5 Akylsyzlygym sebäpli,

Ýaralarym iriňleýär, porsaýar.

 6 Gaýgy⁠-⁠aladadan ýaňa bilim bükülýär,

Uzakly gün ýüregim hasrat çekýär.

 7 Içim ýanyp barýar,

Endam⁠-⁠janym owram⁠-⁠owram+.

 8 Güýçden gaçdym, sustum basylýar,

Bagrym dilim⁠-⁠dilim, gözýaşlarym dynman akýar.

 9 Eý Ýehowa, isleg⁠-⁠arzuwymy bilýärsiň,

Ahy⁠-⁠nalamy görýärsiň.

10 Ýüregim ezildi, kuwwatym gaçdy,

Gözlerimiň nury öçdi+.

11 Dost⁠-⁠ýarlarym ýaramy görüp, menden gaçdy,

Tanyş⁠-⁠bilişlerim menden arany açdy.

12 Janymyň kastyna çykanlar duzak gurýar,

Ajysyny pürküp, zyýan ýetirjek bolýar+.

Uzakly gün pyşyrdaşyp hile gurýarlar.

13 Ýöne men ker ýaly diňlemeýärin+,

Lal ýaly jogap bermeýärin+.

14 Gulagym gapylan ýaly bolýar,

Gaýtargy berere söz tapmaýaryn.

15 Eý Ýehowa, saňa garaşdym!+

Eý Ýehowa Hudaýym, senem maňa jogap berdiň!+

16 «Olar üstümden gülmesin,

Aýagym taýsa, heşelle kakmasyn» diýdim.

17 Aýagym tas taýypdy,

Ýüregim dynman agyrdy+.

18 Günämi boýun aldym+,

Ýazygym sebäpli bagrym dilim⁠-⁠dilim boldy+.

19 Duşmanlarym güýçli hem kuwwatly boldy*,

Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany köpeldi.

20 Ýagşylygyma ýamanlyk etdiler,

Ýagşylyk edýändigim üçin azar berdiler.

21 Eý Ýehowa, menden ýüz öwürme!

Ýa Allam, menden uzakda durma!+

22 Eý Ýehowa, halasgärim+,

Tiz ýetiş dadyma!

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýedutun*+. Dawudyň aýdymy.

39 Men: «Dilim bilen günä etmez ýaly,

Her ädimimi dykgatly äderin+.

Bolgusyz adamyň ýanynda dilimi saklaryn» diýdim+.

 2 Dymdym, geplemedim+.

Ýagşy zatlar hakda⁠-⁠da söz açmadym,

Emma derdim beterleşdi.

 3 Ýüregim ýandy,

Oýlandygymça, ot bolup tutaşdy.

Şonda men diýdim:

 4 «Eý Ýehowa, ömür tanapym haçan kesiler?

Ýagty jahanda näçe gün ýaşaryn?+

Aýt maňa, ömrümiň gysgadygyny bileýin.

 5 Sen ömrümi has⁠-⁠da gysgaltdyň*+,

Meniň ömrüm gözüňe görnenok+,

Ynsan kuwwatly görünse⁠-⁠de, ömri bir dem ýalydyr+. (Sela)

 6 Ynsan ömri kölege kimin geçip gidýär,

Bütin ömrüni biderek ylgap* geçirýär.

Baýlyk toplaýar, emma hözirini kimiň görjegini bilmeýär+.

 7 Eý Ýehowa, kime umyt baglaýyn?

Meniň bar umydym sensiň.

 8 Günälerimi bagyşla+.

Akmaklar meni masgara etmesin.

 9 Ähli zady sen edýärsiň+,

Şonuň üçin men dymdym,

Dil ýarmadym+.

10 Üstümden inderen derdiňi aýyr,

Güýçli urgyňdan ýaňa iki büküldim.

11 Günäsi üçin ynsana temmi berýärsiň+,

Güýe dek baýlygyny ýok edýärsiň.

Ynsan ömri bir dem ýalydyr+. (Sela)

12 Dilegimi eşit, eý Ýehowa,

Perýadymy diňle!+

Gözýaşlaryma biperwaý garama,

Seniň huzuryňda gelmişekdirin+,

Ata⁠-⁠babalarym kimin ötegçidirin+.

13 Menden gaharly nazaryňy sow,

Ýagty jahandan ötmänkäm, bagtly günleri göreýin».

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

40 Bütin kalbym bilen Ýehowa umyt bagladym*,

Ol aşak eglip dogamy diňledi, perýadymy eşitdi+.

 2 Ol meni çukurdan,

Batgaly çukurdan çekip çykardy.

Gaýanyň üstünde duruzdy,

Aýgytly ädim ätdirdi.

 3 Dilime täze aýdym+,

Allany wasp edýän aýdymy berdi.

Köpler Hudaýyň işlerini görüp gorkar,

Ýehowa bil baglar.

 4 Başbozarlara, ýalançylara däl⁠-⁠de,

Ýehowa bil baglaýan adam bagtlydyr.

 5 Eý Ýehowa Hudaýym!

Gudratly işleriň köpdür,

Bize eden ajaýyp işleriň, niýetleriň sanardan köpdür+.

Eý Alla, saňa taý geljek ýokdur!+

Seniň işleriň hakda gürrüň berip başlasam,

Olaryň soňuna çykyp bilmerin+.

 6 Mal gurbanlyklaryny, sadakalary islemediň+,

Kanunyňa düşünmäge maňa kömek etdiň+.

Ýakma we günä gurbanlyklaryny talap etmediň+.

 7 Şonda diýdim: «Ine, men geldim!

Golýazmada men hakda ýazylandyr+.

 8 Eý Hudaýym, islegiňi berjaý edip şatlanýaryn+.

Kanunyň ganyma siňendir+.

 9 Jemagatyň öňünde adalatyňy wagyz edýärin+.

Seret, men dymmaýaryn+,

Eý Ýehowa, muny özüňem bilýärsiň.

10 Adalatyňy jar edýärin*,

Wepaňy, halas edişiňi yglan edýärin.

Söýgiň*, hakykatyň hakda jemagata gürrüň berýärin»+.

11 Eý Ýehowa, maňa rehim eýle!

Wepaly söýgiň hem hakykatyň meni elmydama gorasyn+.

12 Başyma inen belalar sanardan köpdür+.

Günälerim başymdan agdy, nirä barýanymy bilmedim+.

Ýazyklarym saçymyň taryndan köpdür,

Ýüregim gam⁠-⁠gussa batdy.

13 Eý Ýehowa, ýalbarýaryn, meni halas et+.

Eý Ýehowa, tiz ýetiş dadyma!+

14 Janymyň kastyna çykanlar

Abraýdan gaçyp, masgara bolsun.

Agyr günümde üstümden gülenler

Utanja galyp, gaçyp gitsin.

15 «Içiň ýansyn, saňa geregem şol!» diýenler

Masgara bolsun.

16 Goý, seni gözleýänler+,

Işleriňe şatlansyn hem guwansyn+.

Halas etmegiňe garaşýanlar:

«Ýehowa şöhrat!»+ diýsin.

17 Ýehowa, maňa nazar sal,

Men garyp hem biçäre.

Eý Hudaýym, eglenme!+

Halasgärim, hemaýatkärim sensiň!+

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

41 Ejizleri goldaýan adam bagtlydyr+.

Ýehowa kyn gününde ýardam eder.

 2 Ýehowa onuň janyny sag, başyny aman saklar,

Adamlar oňa bagtly diýerler+.

Hudaý ony duşmanyň eline bermez+.

 3 Syrkawlanda Ýehowa goldar+,

Keselläp ýatanda aladasyny eder*.

 4 Men: «Eý Ýehowa, maňa rehim et!+

Saňa garşy günä etdim+, derdime derman eýle» diýdim+.

 5 Duşmanlar maňa gargap:

«Ol haçan öler? Ady haçan ýitip gider?» diýýärler.

 6 Olardan biri ýaranjaňlyk edip,

Halymy soramaga gelýär.

Gep⁠-⁠gybat toplaýar, ulus⁠-⁠ile jar edýär.

 7 Bir⁠-⁠birine pyşyrdaşyp,

Maňa ýamanlyk diläp diýýärler:

 8 «Başyna elhenç bela indi,

Agyr ýatyr, ol indi aýaga galmaz»+.

 9 Ýakyn dostum, ynamdar dostum+,

Bile çörek iýenim arkamdan pyçak sokdy*+.

10 Eý Ýehowa, maňa rehim et!

Meni aýaga galdyr, olaryň başyny owradaýyn.

11 Duşmanlarym ýeňiş gazanyp, heşelle kakmasyn,

Şonda menden razydygyňy bilerin+.

12 Wepaly* bolanym üçin, meni goldarsyň+,

Huzuryňda ebedilik duraryn+.

13 Ýehowa şöhrat bolsun!

Ysraýyl Hudaýyna ebedilik alkyş bolsun!+

Omyn, omyn!

2⁠-⁠NJI BÖLÜM

(42—72⁠-⁠nji aýdymlar)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň+ aýdymy. Maskil*.

42 Maralyň akar suwy küýseýşi ýaly,

Ýa Allam, janym saňa hyzmat etmek isleýär.

 2 Bütin kalbym bilen Biribara hyzmat etmek isleýärin+.

Men Hudaýyň huzuryna haçan bararyn?+

 3 Gije⁠-⁠gündiz aglaýaryn, hiç zat iýmeýärin*.

Uzakly gün üstümden gülýärler,

«Hany seniň Hudaýyň?» diýýärler+.

 4 Geçen günleri ýatlanymda, ýüregim* ezilýär:

Jemagatyň arasynda ýörärdim,

Il⁠-⁠gün bilen Allanyň öýüne barardym,

Baýramçylyga gelen märekäniň

Gülki sesini, alkyş sözlerini eşiderdim+.

 5 Näme üçin gamlanýarsyň, eý janym?+

Näme üçin howsala düşýärsiň, eý kalbym?

Hudaýa garaş+,

Beýik Halasgärime ýene⁠-⁠de alkyş aýdaryn+.

 6 Ýa Allam, meniň janym gamlanýar+.

Şonuň üçin Iordan topragynda,

Hermon depesinde,

Mizar dagynda* seni ýatlaýaryn+.

 7 Şarlawuk güwwüldeýär,

Deňiz deňze söz sözleýär.

Möwç urýan tolkunlaryň üstümden basýar+.

 8 Gündizine Ýehowanyň mähri* çoýar.

Gijelerine ol hakda aýdym aýdaryn,

Ýaşaýyş beren Allama dileg ederin+.

 9 Arkadag Hudaýyma diýerin:

«Meni näme üçin unutdyň?+

Duşmanlarym azar berýär,

Maňa hasrat çekdirýär»+.

10 Duşmanlarym ýigrenýär*, üstümden gülýär,

Uzakly gün: «Hany seniň Hudaýyň?» diýýärler+.

11 Näme üçin gamlanýarsyň, eý janym?

Näme üçin howsala düşýärsiň, eý kalbym?

Hudaýa garaş+,

Hudaýyma, Beýik Halasgärime ýene alkyş aýdaryn+.

43 Eý Hudaýym, maňa adyl höküm çykar+,

Biwepa halkdan hakymy alyp ber+.

Hilegär hem adalatsyz adamdan meni gutar.

 2 Eý Hudaýym, sensiň galam+.

Menden näme üçin ýüz öwürýärsiň?

Duşmanlarym azar berýär,

Maňa hasrat çekdirýär+.

 3 Nuruňy saç, hakykatyňy aç+,

Goý, olar maňa ýol görkezsin+,

Mukaddes dagyňa, beýik çadyryňa eltsin+.

 4 Şatlanyp Hudaýymyň huzuryna,

Gurbanlyk ojagynyň* ýanyna bararyn+.

Ýa Allam, arfa çalyp, seni wasp ederin+.

 5 Näme üçin gamlanýarsyň, eý janym?

Näme üçin howsala düşýärsiň, eý kalbym?

Hudaýa garaş+,

Hudaýyma, Beýik Halasgärime ýene alkyş aýdaryn+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň+ aýdymy. Maskil*.

44 Ýa Allam, biz gulagymyz bilen eşitdik,

Ata⁠-⁠babalarymyz gürrüň berdiler+.

Atalarymyzyň döwründe, gadym günlerde,

Seniň eden işleriňi aýdyp berdiler.

 2 Güýçli goluň bilen milletleri dargatdyň+,

Duşmanlary derbi⁠-⁠dagyn edip+,

Ýurduny ata⁠-⁠babalarymyza berdiň+.

 3 Olar ýurdy gylyç bilen basyp almadylar+,

Öz güýji bilen ýeňiş gazanmadylar+.

Sag eliň, güýçli goluň+ bilen

Ýagşylyk edip* ýeňiş berdiň.

Sebäbi sen olary söýdüň+.

 4 Eý Hudaý, meniň Patyşam!+

Goý, Ýakup beýik ýeňiş gazansyn!

 5 Seniň kömegiň bilen duşmanlary kowarys+.

Seniň adyňy çagyryp, ýagylary depeläris+.

 6 Ýaýyma bil baglamaýaryn,

Gylyjymyň halas etmejegini bilýärin+.

 7 Sen duşmanlardan halas etdiň+,

Bizi ýigrenýänleri masgara etdiň.

 8 Eý Hudaý, saňa her gün alkyş aýdarys,

Seniň adyňy ebedilik wasp ederis. (Sela)

 9 Şu gün bizden ýüz öwürdiň, masgara etdiň.

Goşunymyzyň arkasynda durmadyň.

10 Duşmandan gaçmaga mejbur etdiň+,

Bizi ýigrenýänler öýümizi taladylar.

11 Olar bizi goýun kimin parçaladylar,

Sen halkyňy milletleriň arasyna dargatdyň+.

12 Olary deger⁠-⁠degmez baha satdyň+,

Hiç hili peýda görmediň.

13 Goňşylaryň arasynda adymyzy masgara etdiň,

Olar ýaňsylap, üstümizden gülýärler.

14 Milletleriň öňünde masgara etdiň+,

Olar bizi görüp, başlaryny ýaýkaýar.

15 Her gün mertebäm peseldilýär,

Utançdan ýaňa başymy galdyryp bilmeýärin.

16 Bizden ar alýan duşmanlar,

Ajysyny pürküp, agzyna gelenini aýdýarlar.

17 Başymyza betbagtçylyk gelse⁠-⁠de, seni unutmadyk,

Mukaddes ähtiňi asla bozmadyk+.

18 Saňa ýürekden wepaly bolduk,

Ýoluňdan sowulmadyk.

19 Emma bizi şagallara şam etdiň,

Üstümizi tümlük bilen örtdüň.

20 Allamyzyň adyny unudan bolsak,

Ýalan taňrylara ýalbaran bolsak,

21 Hudaý muny bilmezdimi?

Ol ýüregiň syrlaryny bilýär+.

22 Biz seniň hatyraňa

Uzakly gün ölümiň bäri ýanynda durus.

Bizi damagy çalynjak goýun kimin görýärler+.

23 Eý Ýehowa, näme üçin uklaýarsyň?+

Oýan, bize kömek et! Bizi ebedilik terk etme!+

24 Bizden näme üçin ýüz öwürýärsiň?

Jebir⁠-⁠jepamyzy näme üçin görmeýärsiň?

25 Bizi gara guma gardylar,

Üstümizden depeläp geçdiler+.

26 Eý hemaýatkärimiz, aýaga gal!+

Wepaly söýgiň* hatyrasyna halas et+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildem». Karun ogullarynyň+ aýdymy. Maskil*. Söýgi aýdymy.

45 Ýüregimden ýagşy sözler joşup çykýar,

«Aýdymym patyşa hakdadyr»+ diýdim.

Dilim ökde kätibiň galamy kimin bolsun+.

 2 Eý patyşa, sen ynsan ogullarynyň iň görmegeýisiň.

Agzyňdan şirin sözler çykýar+.

Şonuň üçin Alla saňa ebedilik bereket berýär+.

 3 Eý batyr ýigit!+

Şan⁠-⁠şöhrata beslenip+, gylyjyňy biliňe dak+.

 4 Kiçigöwünligiň, hakykatyň we adalatyň hatyrasyna+,

Ata çyk, beýik güýjüň bilen ýeňiş gazan+,

Sag eliň haýbatly işleri etsin.

 5 Eý patyşa, ýiti oklaryň halklary gyrýar+,

Olar duşmanlaryň kükreginden geçýär+.

 6 Hudaý saňa ebedilik patyşalyk berdi*+,

Patyşalygyň hasasy adalat hasasydyr+.

 7 Eý patyşa, sen adalaty söýdüň+, erbetligi ýigrendiň!+

Şonuň üçin seniň Hudaýyň başyňa ýag guýup belledi+,

Seni ýoldaşlaryňdan has köp begendirdi+.

 8 Eşigiňden mürüň*, aloe gülüniň, dalçynyň ysy bark urýar,

Pil süňkli köşgüňde ýaňlanýan saz göwnüňi göterýär.

 9 Bikeleriň arasynda şa gyzlary hem bar,

Ofer altynyna+ bezelen şa aýaly sag tarapyňda.

10 Gyzym, gulak as, aýtjak sözlerimi diňle!

Öz halkyňy, ataň öýüni unut.

11 Patyşa seniň gözelligiňe maýyl bolar,

Ol seniň hojaýynyňdyr,

Şonuň üçin öňünde baş eg.

12 Tir gyzy eli sowgatly geler,

Baýlar göwnüňi tapmak islärler.

13 Köşkde oturan şa gyzy örän gözeldir,

Onuň lybasy altyn bilen bezelendir.

14 Ol nepis* lybas geýip, patyşanyň huzuryna geler,

Yzyndan gelýän gyzlar hem patyşanyň öňüne çagyrylar.

15 Olar begenip, şatlanyp gelerler,

Patyşanyň köşgüne girerler.

16 Ata⁠-⁠babalarynyň ornuny ogullary tutar,

Olary dünýäniň ähli künjeginde han edip bellärsiň+.

17 Adyňy geljekki nesle tanadaryn+,

Halklar saňa ebedilik alkyş aýdarlar.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň+ aýdymy. Alamut*.

46 Hudaý güýjümiz hem penamyz+,

Agyr günde dadymyza ýetişer+.

 2 Ýer titrese⁠-⁠de, daglar deňze çökse⁠-⁠de,

Biz howsala düşmeris+.

 3 Deňiz möwç urup, tolkun atsa⁠-⁠da+,

Deňziň güýjünden daglar titrese⁠-⁠de, biz gorkmarys. (Sela)

 4 Derýanyň şahalary Hudaýyň şäherini+,

Allatagalanyň* beýik, mukaddes çadyryny begendirýär.

 5 Hudaý şäherindedir+, şäher ýok edilmez,

Daň bilen Hudaý dadyna ýetişer+.

 6 Halklar howsala düşdi, patyşalyklar weýran boldy,

Allanyň batly sesinden ýer titredi+.

 7 Serkerdebaşy Ýehowa biziň bilendir+,

Ýakubyň Hudaýy penakärimizdir. (Sela)

 8 Geliň, görüň! Ýehowanyň eden işlerini,

Ýer ýüzünde amala aşyran täsin zatlaryny görüň.

 9 Ol ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadýar+,

Ýaýlary döwüp, naýzalary çapýar,

Söweş arabalaryny* oda atýar.

10 «Boýun egiň, meniň Hudaýdygymy biliň,

Men halklaryň arasynda beýgelerin+,

Älem⁠-⁠jahanda şöhratlanaryn»+.

11 Serkerdebaşy Ýehowa biziň bilendir+,

Ýakubyň Hudaýy penakärimizdir+. (Sela)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň+ aýdymy.

47 Eý halklar, çapak çalyň,

Ýeňiş aýdymyny aýdyp, Hudaýy şöhratlandyryň.

 2 Beýik Hudaý Ýehowa haýbatlydyr+,

Ýer ýüzüniň Beýik Patyşasydyr+.

 3 Ol halklary elimize berýär,

Olary boýun egdirýär+.

 4 Ol söwer ogly Ýakubyň buýsanjyny+,

Biziň mirasymyzy saýlap berýär+. (Sela)

 5 Ýehowa Hudaý şatlyk sesi bilen,

Surnaýyň owazy bilen gelýär.

 6 Wasp ediň, Allany wasp ediň!

Wasp ediň, Patyşamyzy wasp ediň!

 7 Hudaý ýer ýüzüniň Patyşasydyr+,

Ony wasp ediň, düşünjeli boluň.

 8 Hudaý milletleriň Patyşasydyr+,

Ol mukaddes tagtynda oturandyr.

 9 Ybraýymyň Hudaýynyň halky bilen

Milletleriň baştutanlary jem boldular.

Ýer ýüzüniň hökümdarlary* Hudaýyň elindedir.

Hudaýyň şöhraty arşa galýandyr+.

Karun ogullarynyň+ aýdymy.

48 Ýehowa beýikdir, alkyşa mynasypdyr,

Hudaýymyz öz şäherinde, mukaddes dagyndadyr.

 2 Demirgazykdaky Sion dagy,

Beýik Patyşanyň şäheri+ gözeldir,

Ýer ýüzüniň begenjidir+.

 3 Onuň berk diňlerinde

Hudaý penakär hökmünde tanalýar+.

 4 Patyşalar ýygnandylar,

Hüjüm etmäge jemlendiler.

 5 Şäheri görende aňk⁠-⁠taňk boldular,

Howsala düşdüler, gorkudan ýaňa gaçyp gitdiler.

 6 Olar sandyradylar,

Çaga dogurýan aýal kimin dert çekdiler.

 7 Sen gündogar ýelini turuzdyň,

Tarşyş gämilerini bölek⁠-⁠bölek etdiň.

 8 Serkerdebaşy Ýehowanyň şäherine,

Hudaýymyzyň galasyna geldik.

Gulagymyz bilen eşidenimizi, indi gözümiz bilen gördük.

Alla şäheri sarsdyrmaz+. (Sela)

 9 Hudaýym, ybadathanaňa gelip,

Wepaly söýgiň* hakda oýlanýarys+.

10 Adyň hem şöhratyň,

Bütin dünýä ýaň salýar+.

Sag eliň bilen adalaty dikeldýärsiň+.

11 Sion dagy+, Ýahuda galalary,

Seniň adyl hökümleriňe şatlanýar+.

12 Sionyň daş⁠-⁠töweregine aýlanyň,

Diňlerini sanaň+.

13 Berk diwarlaryna serediň+,

Diňlerini ünsli synlaň,

Olar hakda geljekki nesillere gürrüň beriň.

14 Ol biziň ebedilik Hudaýymyz bolar+,

Bize ebedilik* ýol görkezer+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň+ aýdymy.

49 Adamlar, diňläň!

Älem⁠-⁠jahan, diň salyň!

 2 Abraýly hem pukara adamlar,

Baýlar hem garyplar, gulak asyň!

 3 Men akyldarlyk hakda geplärin,

Düşünje hakda oýlanaryn+.

 4 Men atalar sözüni diňlärin,

Matallary arfa sazyna goşup aýdaryn.

 5 Zalymlar janymyň kastyna çykyp, daşymy gabanda,

Agyr güne düşenimde, men näme üçin gorkaýyn?+

 6 Baýlygyna bil baglaýanlar+,

Genji⁠-⁠hazynasyna buýsanýanlar+,

 7 Doganyny halas edip bilmezler,

Ýa⁠-⁠da Hudaýa töleg töläp bilmezler+.

 8 (Ynsanyň jany üçin töleg örän gymmatdyr,

Töleg bermäge hiç bir adamyň gurby çatmaz).

 9 Olar doganyny ölümden alyp galyp, ebedi ýaşadyp bilmez+.

10 Olar paýhasly adamlaryň⁠-⁠da ölýändigini görýär,

Akmak bilen düşünjesiz adamyň ikisi⁠-⁠de dünýäden ötýär+.

Olaryň baýlygy başga adamlara galýar+.

11 Olar öýleriniň ebedilik durmagyny,

Çadyrlarynyň nesilden⁠-⁠nesle geçmegini isleýär.

Olar mülklerine öz adyny dakýar.

12 Adam näçe abraýly bolsa⁠-⁠da, iru⁠-⁠giç aradan çykýar+.

Ölüp gidýän haýwandan tapawudy ýokdur+.

13 Akylsyzlaryň, akmaklaryň yzyna eýerýänleriň,

Boş sözlerinden keýp alýanlaryň görjegi şeýledir+. (Sela)

14 Olar damagy çalynjak goýun kimin mazara* iner.

Ölüm olara çopançylyk eder;

Daň atanda, dogruçyllar olaryň üstünden höküm sürer+.

Olar topraga siňer+,

Köşkde däl⁠-⁠de, mazarda*+ mesgen tutar+.

15 Hudaý elimden berk tutup,

Meni mazaryň* penjesinden halas eder*+. (Sela)

16 Goňşyň baýanda,

Döwleti artanda, ýüregiň howsala düşmesin.

17 Ol ölende hiç zat alyp gitmez+,

Baýlygy özi bilen mazara inmez+.

18 Ol ömürboýy döşüne kakyp gezdi+.

(Il⁠-⁠gün baýyň adyny arşa çykarýar)+.

19 Emma ol ata⁠-⁠babalary ýaly aradan çykar.

Gözleri ýagty jahany görmez.

20 Muňa düşünmeýän adam näçe abraýly bolsa⁠-⁠da+,

Ölüp gidýän haýwandan tapawudy ýokdur.

Asafyň aýdymy+.

50 Mukaddes Hudaý* Ýehowa+ söz sözleýär,

Gündogardan günbatara çenli

Bütin dünýäni çagyrýar.

 2 Allanyň nury Siondan, ajaýyp şäherden+ şöhle saçýar.

 3 Hudaýymyz geler, dymyp durmaz+.

Onuň öňünde lowlap ýanýan ot bardyr+,

Töwerek⁠-⁠daşy apy⁠-⁠tupandyr+.

 4 Ol ýeri, gögi çagyrýar+,

Halkyna höküm çykaryp, şeýle diýýär+:

 5 «Gurbanlyk berip, äht baglaşanlary+,

Wepaly gullarymy huzuryma getiriň».

 6 Hudaý Kazydyr+,

Asman adalatyny jar edýär. (Sela)

 7 «Eý halkym, meni diňle!

Ysraýyl halkym, saňa aýtjak sözüm bar!+

Men Hudaý, siziň Hudaýyňyz+.

 8 Her günki berýän ýakma gurbanlygyňyz,

Mal gurbanlygyňyz üçin sizi ýazgarmaýaryn+.

 9 Men malýatakda duran öküze,

Agylda ýatan tekeleriňize mätäç däl+.

10 Tokaýyň ähli ýabany haýwanlary+,

Hatda daglarda ýaşaýan haýwanlar hem meniňkidir.

11 Gaýalardaky guşlaryň her birini bilýärin+,

Sansyz⁠-⁠sajaksyz çöl haýwanlarynyň eýesi mendirin.

12 Men aç bolsam⁠-⁠da, sizden zat soramaryn.

Sebäbi ýer ýüzüniň ähli zady meniňkidir+.

13 Öküzleriň etini iýerinmi?

Geçileriň ganyny içerinmi?+

14 Hudaýyňyza minnetdarlyk aýdyň*+,

Allatagala* beren wadaňyzy berjaý ediň+.

15 Agyr günde meni çagyryň+, size kömek ederin,

Şonda meni şöhratlandyrarsyňyz»+.

16 Hudaý erbet adamlara diýer:

«Kanunlarym hakda geplemäge+,

Ähtimi diliňize almaga hakyňyz barmy?+

17 Siz beren terbiýämi ýigrenýärsiňiz,

Sözlerimi diňlemeýärsiňiz*+.

18 Ogryny görüp, berekella diýýärsiňiz*+.

Ahlaksyzlar bilen tirkeşýärsiňiz.

19 Agzyňyzdan erbet sözler çykýar,

Diliňiz ýalan sözleri ýagdyrýar+.

20 Doganyňyzyň gybatyny edýärsiňiz+,

Süýtdeş doganyňyzyň aýybyny açýarsyňyz.

21 Erbet işleri edeniňizde, sesimi çykarmadym welin,

Maňa özüňiz ýalydyryn öýtdüňiz.

Indi size temmi bererin,

Günäleriňizi paş ederin+.

22 Eý Hudaýy unudanlar, aýdanlarym hakda oýlanyň+,

Ýogsam sizi bölek⁠-⁠bölek ederin, halas eden tapylmaz.

23 Alkyş aýdýan* adam meni şöhratlandyrýar+.

Dogry ýoldan ýöreýän adamy,

Hudaý penasynda aman saklaýar»+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawut Batşeba+ bilen ahlaksyzlyk edensoň, Natan pygamber ýanyna gelýär. Dawudyň aýdymy.

51 Wepaly söýgä* baý Hudaýym, maňa rehim eýle!+

Rehimdar Allam, günälerimi bagyşla!*+

 2 Meni günälerimden tämizle+,

Ýazyklarymdan arassala+.

 3 Men eden günälerimi bilýärin,

Ýazyklarym göz öňümden gidenok+.

 4 Saňa, diňe saňa garşy günä etdim+,

Ýigrenýän işleriňi etdim+.

Seniň aýdanyň hakdyr,

Çykaran hökümleriň adalatlydyr+.

 5 Men günäli bolup doguldym,

Ejemiň göwresinde galanymdan bäri günäli+.

 6 Sen dogruçyl adamy görüp begenýärsiň+,

Maňa öwret, akyldarlyk ýüregimde kök ursun.

 7 Issop oty* bilen günämden arassala, päk bolaýyn+,

Meni tämizle, gardan hem ak bolaýyn+.

 8 Goý, gapymda toý* bolsun,

Gamgyn göwnüm* galkynsyn+.

 9 Günälerimi geç+,

Ýazyklarymy bagyşla!*+

10 Ýa Allam, maňa päk ýürek ber+,

Aň⁠-⁠düşünjämi täzele+, berk duraýyn*.

11 Meni huzuryňdan kowma,

Mukaddes ruhuňy menden alma.

12 Seniň halas edişiňi görüp, ýene⁠-⁠de şatlanaýyn+,

Mende saňa gulak asmaga isleg döret.

13 Jenaýatçylara ýollaryňy öwrederin+,

Günäkärleri toba etmäge çagyraryn.

14 Halasgär Hudaýym+, bigünä gany dökenim üçin bagyşla+,

Şonda adyl işleriňi joşup gürrüň bererin+.

15 Eý Ýehowa, sözlemäge rugsat ber,

Dilim seni wasp etsin+.

16 Sen gurbanlyk islemediň, ýogsam bererdim+,

Ýakma gurbanlygyny kabul etmediň+.

17 Toba edýäni Hudaý halaýandyr*.

Ýa Alla, ýürekden ökünýän,

Puşman edýän adamdan ýüz öwürmersiň+.

18 Siona ýagşylyk et,

Iýerusalimiň diwarlaryny dikelt.

19 Şonda saňa öküzleri gurbanlyk bererler+,

Sen hem ak ýürekden* berilýän gurbanlygy,

Ýakma gurbanlygy,

Bütinleý berilýän gurbanlygy kabul edersiň.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Maskil*. Dawudyň aýdymy. Dawut Agamäligiň öýünde. Edomly Döwek muny Şawula habar berýär+.

52 Hudaýyň söýgüsi* ebedi dowam edýär+.

Eý pälwan, zalymlygyňa näme üçin öwünýärsiň?+

 2 Päliýamansyň, hilegärsiň+,

Diliň päki kimin ýitidir+.

 3 Ýagşylykdan ýamany,

Hakykatdan ýalany has köp söýýärsiň. (Sela)

 4 Eý hilegär dil,

Zäherli sözleri söýýärsiň.

 5 Alla seni ebedilik ýok eder+,

Ýakaňdan tutup, çadyryňdan süýräp çykarar+.

Ýagty jahandan sogrup taşlar+. (Sela)

 6 Dogruçyllar muny görüp, haýran galar+,

Zalymyň üstünden gülüp+ diýer:

 7 «Ol Hudaýy pena edinmedi+,

Mal⁠-⁠mülküne guwandy+,

Zalymlygyna daýandy».

 8 Men Hudaýyň öýünde uly zeýtun agajy kimin bolaryn,

Hudaýyň ýagşylygyna* ebedi bil baglaryn+.

 9 Eden işleriň üçin seni baky şöhratlandyraryn+,

Wepaly gullaryň ýanynda

Ýagşy adyňa umyt baglaryn*+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Mahalot*. Maskil*. Dawudyň aýdymy.

53 Akylsyz adam içinden:

«Ýehowa ýok»+ diýýär.

Erbetler hilegärlik we ýigrenji işleri edýär,

Ýagşylyk edýän ýok+.

 2 Ýehowa gökden ynsan ogullaryny synlap+,

Hudaýy gözleýäni, düşünjeli adamy tapmak isleýär+.

 3 Olaryň bary ýoldan çykdy,

Ählisi azdy.

Ýagşylyk edýän ýok,

Ýekejesi⁠-⁠de ýok+.

 4 Ýamanlyk edýänleriň düşünjesi ýokmy?

Olar halkymy çörek ýaly lak⁠-⁠luk atýarlar,

Ýehowany çagyrmaýarlar+.

 5 Olar gorkup titreşer,

Dünýä ineni bäri şeýle gorkan däldirler*.

Hudaý halkyna topulanlaryň süňküni pytradar.

Ysraýylyň duşmanlary masgara bolar,

Sebäbi Ýehowa olara garşy çykar.

 6 Goý, Ysraýylyň halasgäri Siondan gelsin!+

Ýehowa ýesir düşen halkyny yzyna getirer.

Goý, Ýakup şatlansyn, Ysraýyl begensin!

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Maskil*. Dawudyň aýdymy. Zipliler Şawulyň ýanyna gelip: «Dawut biziň ýurdumyzda gizlenýär» diýdiler+.

54 Hudaýym, adyň hatyrasyna meni halas et+,

Gudratly goluň bilen arymy alyp ber+.

 2 Ýa Allam, dilegimi eşit+,

Agzymdan çykan sözlerimi diňle!

 3 Sebäbi keseki adamlar hüjüm edýär,

Zalymlar janymyň kastyna çykýar+.

Eý Hudaý, olar saňa hormat goýmaýar+. (Sela)

 4 Ýehowa maňa hemaýat berýär+,

Meni goldaýanlara ýardam edýär.

 5 Duşmanlaryň edenlerini öz başyndan inderer+,

Maňa wepaly bolup, zalymlary ýok eder*+.

 6 Saňa şatlyk bilen* gurbanlyk bererin+.

Ýehowa, ýagşy adyňy wasp ederin*+.

 7 Sen meni ähli howpdan gorarsyň+,

Duşmanlarymyň ýeňlişini gözüm bilen görerin+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Maskil*. Dawudyň aýdymy.

55 Hudaýym, dogamy diňle+,

Dilegimi eşit, maňa rehim eýle+.

 2 Ýalbarýaryn, jogap ber+.

Ýüregim ynjalyk tapmaýar+,

Dertden ýaňa näme edýänimi bilmedim.

 3 Duşmanlarymyň haýbaty,

Erbetleriň ezýeti, meni tapdan düşürýär.

Başyma bela ýagdyrýarlar,

Ýürekleri ýigrençden doly+.

 4 Gara bagrym gan aglaýar+,

Ölüm gorkusy howsala salýar+.

 5 Gorkudan sandyraýaryn,

Bütin süňňüm titreýär.

 6 Men diýýärin: «Kepderi deý ganat baglap uçsadym,

Asuda ülkelere gaçyp gitsedim.

 7 Uçardym, uzaklara gaçardym+,

Çöl⁠-⁠beýewanlarda mesgen tutardym+. (Sela)

 8 Güýçli ýelden, apy⁠-⁠tupandan gaçyp,

Gaçybatalga howlugardym».

 9 Eý Ýehowa, olary aljyradyp, niýetini boz*+,

Sebäbi şäherde dawa⁠-⁠jenjel ýatmaýar.

10 Gije⁠-⁠gündiz diwarlarda aýlanýarlar,

Şäherde zorluk⁠-⁠sütem möwç urýar+.

11 Şäherde ahy⁠-⁠nala ýaň salýar,

Bazarlarda aldaýarlar, zorluk⁠-⁠sütem edýärler+.

12 Ýagylarym kemsiden bolsady+,

Dişimi gysyp çydardym.

Duşmanlarym çozan bolsady,

Gaçyp gizlenerdim.

13 Emma hile guran dostumdy+,

Gardaşym hem syrdaşymdy+.

14 Biz jana⁠-⁠jan dostduk,

Il⁠-⁠gün bilen Hudaýyň öýüne barardyk.

15 Olaryň kalbynda zalymlyk kök urdy,

Diňe ýamanlyk edýärler.

Goý, olar ýer bilen ýegsan bolsun+,

Mazar* diriligine ýuwutsyn.

16 Men bolsa Hudaýy çagyraryn,

Ýehowa meni halas eder+.

17 Ynjalyk tapman, gije⁠-⁠gündiz aglaýaryn+,

Ahy⁠-⁠nalam Hudaýyma baryp ýetýär+.

18 Birgiden duşman hüjüm edýär+.

Emma Alla ýagylardan gutaryp, meni asuda ýaşadar.

19 Gadymy günlerden bäri tagtda oturan Hudaýym+,

Dogama jogap berer+. (Sela)

Hudaýdan gorkmaýanlara+,

Erbet ýolundan dänmeýänlere garşy çykar.

20 Ol* eden ähtini bozup+,

Jana⁠-⁠jan dostuna dönüklik etdi+.

21 Dili ýagdan ýumşakdy+,

Ýüregi ýigrençden doludy.

Sözleri ýag ýaly ýumşakdy,

Dili gylyçdan kesgirdi+.

22 Gaýgy⁠-⁠aladaňy* Ýehowa tabşyr+,

Ol seniň arkadaýanjyň bolar+.

Ol dogruçyl adamyň ýykylmagyna hiç haçan ýol bermez+.

23 Eý Hudaýym, sen olary gabra inderersiň+,

Ganhorlar, hilegärler orta ýaşda ölerler+.

Men bolsa saňa bil baglaryn.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Uzaklardaky ümsüm gögerçin» diýen saza goşup aýtmaly. Dawudyň aýdymy. Miktam*. Piliştliler Dawudy Get+ galasynda ele salýar.

56 Ýa Allam, maňa rehim eýle!

Başy ölümli ynsan topulýar.

Uzakly gün meniň bilen göreşýär, zulum⁠-⁠sütem edýär.

 2 Duşmanlarym her gün meni yzarlaýar.

Gopbamsylar meniň bilen söweşýär.

 3 Meni gorky basanda+, saňa bil baglaryn+.

 4 Hudaýyma bil baglaryn, sözüni wasp ederin.

Men gorkmaryn, Allama bil baglaryn.

Ynsan maňa näme edip biler?+

 5 Her gün maňa azar berýärler,

Ýamanlyk etmegiň küýüne düşýärler+.

 6 Olar topulmak üçin bukuda ýatýarlar.

Her ädimimi yzarlaýarlar+,

Janymyň kastyna çykýarlar+.

 7 Eý Hudaý, erbet işleri üçin olara temmi ber.

Gahar⁠-⁠gazap bilen halklary ýok et+.

 8 Sergezdan bolanymy bilýärsiň+.

Ýalbarýaryn, gözýaşlarymy meşigiňde sakla+.

Olaryň ählisini kitabyňa ýazansyň+.

 9 Seni çagyran günüm duşmanlarym gaçyp gider+.

Hudaý meniň tarapymda, muny anyk bilýärin+.

10 Hudaýa bil baglaryn, sözüni wasp ederin.

Ýehowa bil baglaryn, sözüni wasp ederin.

11 Men gorkmaryn+, Alla bil baglaryn.

Ynsan maňa näme edip biler?+

12 Beren wadalarymy berjaý ederin+,

Hudaýym, saňa alkyş aýdaryn!+

13 Sen meni ölümden halas etdiň+,

Büdremegime ýol bermediň+.

Men ýagty jahanda Allanyň huzurynda gezerin+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Meni heläk etme» diýen saza goşup aýtmaly. Dawudyň aýdymy. Miktam*. Dawut Şawuldan gaçyp, gowakda gizlenýär+.

57 Maňa rehim eýle, eý Hudaý, maňa rehim eýle!

Sebäbi sen meniň penamsyň+,

Howp⁠-⁠hatar geçýänçä, ganatlaryň astynda pena taparyn+.

 2 Allatagalany*, hak Hudaýy çagyraryn,

Ol dertlerimden dyndarar.

 3 Ol gökden kömek eder, meni halas eder+,

Meni ezýänler utanja galar. (Sela)

Hudaý maňa ýagşylyk eder*, wepaly bolar+.

 4 Arslanlar meni gabady+,

Ýolbarslaryň arasynda ýatyryn.

Olaryň dişi naýza hem okdur,

Dilleri ýiti gylyçdyr+.

 5 Eý Hudaý, şan⁠-⁠şöhratyň asmana,

Bütin dünýä ýaň salsyn!+

 6 Gaýgy⁠-⁠hasratdan bilim büküldi+,

Meniň üçin duzak guruldy+.

Ýoluma çukur gazanlar,

Öz gazan çukuryna özleri düşdi+. (Sela)

 7 Ýa Alla, men saňa wepaly+,

Saňa wepaly!

Seniň şanyňa aýdym aýdaryn.

 8 Oýan, eý ýüregim!

Oýan, eý çeňim!* Oýan, eý arfam!

Men daň şapagyny oýararyn+.

 9 Eý Ýehowa, halklaryň arasynda seni wasp ederin+,

Milletleriň arasynda seniň şanyňa aýdym aýdaryn+.

10 Sebäbi wepaly söýgiň göge ýetýär+,

Wepadarlygyň arşa galýar.

11 Eý Hudaý, şan⁠-⁠şöhratyň asmana,

Bütin dünýä ýaň salsyn!+

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Meni heläk etme» diýen saza goşup aýtmaly. Dawudyň aýdymy. Miktam*.

58 Eý ynsan ogullary, sizden ses çykmasa,

Adalaty dikeldip bilersiňizmi?+

Adalatly höküm çykaryp bilersiňizmi?+

 2 Kalbyňyz erbet pikirlerden+,

Ýurt zalym işleriňizden doly+.

 3 Erbet adamlar dünýä ineni bäri egri ýoldan ýöreýändir,

Gözleri açylany bäri azgyn hem ýalançydyr.

 4 Olaryň dili zäherli ýylan ýaly çakýandyr+,

Olar gulagy gapylan kepjebaş kimin kerdir.

 5 Ýylany oýnadýan näçe ökde bolsa⁠-⁠da,

Kepjebaş tüýdügiň owazyny eşidýän däldir.

 6 Eý Hudaý, olaryň dişini döw!

Eý Ýehowa, ýolbarslaryň äňini ýazdyr!

 7 Goý, olar ýok bolsun, guran çeşmä dönsün.

Hudaý ýaýyny atyp, olaryň gursagyny deşsin.

 8 Olar guran balykgulak kimin bolsun,

Öli doglan çaga kimin ýagty jahany görmesin.

 9 Gazanyňyzy ýandagyň ody gyzdyrmanka,

Hudaý ýanyp duran ýandagy,

Oda atylmadyk ýandagy uçuryp äkider+.

10 Erbetlerden ary alnanda, dogruçyl adam şatlanar+,

Erbetleriň gany onuň topugyna ýeter+.

11 Şonda adamlar: «Bäh, dogruçyl hem sylag aljak ekeni!+

Ýer ýüzüniň Kazysy bar ekeni!»+ diýer.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Meni heläk etme» diýen saza goşup aýtmaly. Dawudyň aýdymy. Miktam*. Şawulyň adamlary Dawudy öldürmek üçin öýüni garawullaýarlar+.

59 Hudaýym, meni duşman elinden halas et!+

Garşy çykýan adamlardan başymy gutar+.

 2 Erbet adamlardan gora,

Ganhorlaryň elinden halas et.

 3 Ýehowa, günä etmesem⁠-⁠de, ýazykly bolmasam⁠-⁠da+,

Olar meni tutmak üçin gizlenip ýatyrlar+.

Daýaw adamlar üstüme topulýarlar.

 4 Erbetlik etmesem⁠-⁠de, maňa topuljak bolýarlar.

Olara seret, dilegimi eşit!

 5 Serkerdebaşy Ýehowa, Ysraýylyň Hudaýy sensiň!+

Oýan, halklara seret,

Dönüklere rehim etme+. (Sela)

 6 Olar her agşam gelýärler+,

It ýaly üýrýärler+, şäherde sümsünip gezýärler+.

 7 Olaryň agzyndan zäher pürkülýär,

Sözleri hanjar ýaly sanjylýar+.

Olar: «Sözlerimizi hiç kim eşitmeýär» diýýärler+.

 8 Emma sen, eý Ýehowa, olary kemsidersiň+,

Milletleriň üstünden gülersiň+.

 9 Kuwwatly Hudaýym, nazarymy saňa dikerin+,

Hudaýym, berk galam sensiň!+

10 Wepaly söýgä* baý Hudaýym dadyma ýetişer+,

Duşmanlarymyň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek eder+.

11 Olary öldürme, goý, halkym seniň işleriňi unutmasyn.

Goluň bilen duşmanlary dumly⁠-⁠duşa dargat.

Eý galkanymyz Ýehowa, olary heläk et!+

12 Olar agzy we dili bilen günä edýärler,

Ýalan sözläp, nälet okaýarlar.

Tekepbirligi olara duzak bolar+.

13 Gahar oduň bilen olary kül et+,

Dünýä inmedik ýaly bolsunlar.

Goý, olar Ýakubyň we bütin dünýäniň üstünden

Hudaýyň höküm sürýändigini bilsinler+. (Sela)

14 Olar her agşam yzyna dolanýar,

It ýaly üýrýärler, şäherde sümsünip gezýärler+.

15 Goý, olar çörek gözläp entesin+,

Garynlary doýmasyn, başyny goýara ýer tapmasyn.

16 Men bolsa gudratyň hakda aýdym aýdaryn+,

Wepaly söýgiň hakda säher bilen joşup gürrüň bererin.

Sebäbi sen meniň galamsyň+,

Agyr günümde arkadaýanjymsyň+.

17 Kuwwatly Hudaýym, saňa aýdym aýdaryn!+

Sen galamsyň, wepaly söýgä baý Hudaýymsyň+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildemler ýatladýar» diýen saza goşup aýtmaly. Miktam*. Dawudyň aýdymy. Nesihat bermek üçin ýazylan. Dawut Aram⁠-⁠naharaýym we Aram⁠-⁠Soba garşy söweşýär. Ýowap yzyna dolanyp, Duz jülgesinde 12 000 edomlyny öldürýär+.

60 Eý Hudaý, bizden ýüz öwürdiň, goşunymyzy dargatdyň+.

Bize gaharlandyň, indi rehim et.

 2 Sen ýeri titretdiň, ýer jaýryldy,

Jaýryklaryny suwamasaň, ol dargap barýar.

 3 Öz halkyňy kösediň.

Şerap içirip, serhoş etdiň+.

 4 Duşman okundan gaçar ýaly,

Hudaýhonlar* üçin tug dik*. (Sela)

 5 Söwer ogullaryňy halas et.

Bizi sag eliň bilen gora, dogamyza jogap ber+.

 6 Mukaddes* Hudaý diýýär: «Men begenip,

Sukot düzlügini paý edip bererin+,

Şekemi islän kişime miras bererin+.

 7 Gilead meniňkidir, Manaşa+ hem meniňkidir.

Efraýym tuwulgamdyr,

Ýahuda patyşalyk hasamdyr+.

 8 Mowap el ýuwýan legenimdir+.

Edomyň üstüne çaryklarymy zyňaryn+.

Piliştiň üstünden şanly ýeňiş gazanaryn»+.

 9 Kim meni gabawa düşen* şähere äkider?

Kim meni Edoma elter?+

10 Bizi ol ýere Hudaýymyz elter.

Ol bizden ýüz öwrenem bolsa,

Esgerlerimizi goldamasa⁠-⁠da, ol ýere elter+.

11 Betbagtçylyk güni kömek et.

Sebäbi ynsan halas edip bilmez, garaşanyňa degmez+.

12 Hudaýymyz güýç⁠-⁠kuwwat berer+,

Duşmanlarymyzy depelär+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Dawudyň aýdymy.

61 Eý Hudaý, perýadymy diňle,

Dogalaryma jogap ber+.

 2 Kalbym gaýgydan doly,

Seni ýeriň aňry ujundan çagyraryn+.

Meni beýik gaýanyň üstüne çykar+.

 3 Sen meniň penamsyň,

Duşmandan goraýan berk diňimsiň+.

 4 Çadyryňda ebedilik ýaşaryn+,

Ganatlaryň astynda pena taparyn+. (Sela)

 5 Ýa Alla, beren wadalarymy eşitdiň,

Adyňdan gorkýanlara berýän mirasyňdan

Maňa⁠-⁠da berdiň+.

 6 Patyşanyň ömrüni uzaldarsyň+,

Onuň günleri nesilden⁠-⁠nesle dowam eder.

 7 Ol huzuryňda ebedilik tagtda oturar+,

Söýgiň* we wepadarlygyň bilen gora+.

 8 Adyňa ebedilik aýdym aýdaryn+,

Her gün beren wadalarymy berjaý ederin+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýedutun*. Dawudyň aýdymy.

62 Men Hudaýa sabyrly* garaşaryn,

Ol meni halas eder+.

 2 Ol meniň arkadagym, halasgärim hem galam+.

Men hiç haçan ýykylmaryn+.

 3 Siz haçana çenli ejize azar berip,

Onuň kastyna çykjak?+

Siz ýykyljak bolup duran,

Gyşaran diwar ýaly howplusyňyz*.

 4 Olar adamyň mertebesini peseltmek üçin dil düwüşýärler,

Ýalan sözden keýp alýarlar.

Içinden nälet okap, daşyndan hoşamaý sözleri aýdýarlar+.

 5 Men Hudaýyma sabyrly garaşaryn+,

Sebäbi ol maňa umyt berýär+.

 6 Ol meniň arkadagym, halasgärim hem galam.

Men hiç haçan ýykylmaryn+.

 7 Hudaý arkadagym hem penamdyr.

Ol meni halas eder, şan⁠-⁠şöhrata ýetirer+.

 8 Adamlar, hemişe Hudaýa bil baglaň!

Oňa ýüregiňizi döküň+.

Sebäbi ol biziň penamyz+. (Sela)

 9 Ynsan ogullary bir dem kimindir,

Olar ýöne bir salgym* ýalydyr+.

Terezide çekeniňde bugdan hem ýeňildir+.

10 Talaňçylyk bilen baýarys öýtmäň,

Ogrulyk bilen döwletiňiz artar öýtmäň,

Baýlygyňyz artsa⁠-⁠da, oňa daýanmaň+.

11 «Güýç⁠-⁠kuwwat Alladandyr!»+ diýen sözleri,

Hudaý bir sapar aýtdy, men iki sapar eşitdim.

12 Ýehowa, sen wepaly söýgä* baýsyň!+

Adamyň eden işine görä hakyny berýärsiň+.

Dawudyň Ýahudanyň çölünde ýazan aýdymy+.

63 Ýa Allam, sensiň meniň Hudaýym!

Seni hemişe gözlärin+.

Janym saňa teşne+,

Gurak, takyr we suwsuz çölde,

Seni küýsäp, ysgyn⁠-⁠mydarym galmady+.

 2 Mukaddes mekanyňa baryp, sen hakda oýlanardym,

Güýç⁠-⁠kuwwatyňy, şan⁠-⁠şöhratyňy görerdim+.

 3 Wepaly söýgiň* janymdan hem süýjüdir+,

Dilim saňa alkyş aýdar+.

 4 Seni ömürboýy şöhratlandyraryn,

Ellerimi galdyryp doga ederin,

Adyňy dilimden düşürmerin.

 5 Sen maňa iň gowy paý berersiň,

Seni begenip wasp ederin+.

 6 Düşegimde ýatanymda, seni ýatlaryn,

Uzak gije sen hakda oýlanaryn+.

 7 Sen hemaýatkärim+,

Ganatlaryň astynda joşup aýdym aýdaryn+.

 8 Saňa bagly ýüregim,

Sag eliň bilen meni berk tutarsyň+.

 9 Janymyň kastyna çykanlar,

Gara ýere siňerler.

10 Olar gylyçdan gyrlar,

Şagallara şam bolarlar.

11 Patyşa Hudaýyň işlerine şatlanar,

Hudaýyň adyndan ant içenler buýsanar,

Ýalançylaryň dili kesiler.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

64 Eý Hudaý, ýalbarýaryn, meniň dogamy eşit+.

Zalym duşmanlardan meniň janymy gora.

 2 Maňa garşy dil düwüşýän zalymlardan+,

Bir ýere jemlenen erbetlerden gora.

 3 Dillerini gylyç kimin ýiteldýärler,

Ajy sözlerini peýkam kimin çeneýärler.

 4 Bigünäni atmak üçin gizlenip ýatýarlar,

Duýdansyz ok atýarlar, hiç zatdan gorkmaýarlar.

 5 Olar erbet niýetinden dänmeýärler*,

Gizlin duzak gurmagyň maslahatyny edýärler.

Olar: «Hiç kim görmez» diýýärler+.

 6 Erbetlik etmegiň täze ýollaryny agtarýarlar,

Mekirlik bilen duzak gurýarlar+,

Olaryň oý⁠-⁠pikirlerine düşünip bolmaýar.

 7 Emma Hudaý olary duýdansyz atar+,

Oky bilen ýaralar.

 8 Zalymlar öz dilinden bela galar+,

Olary görenler başyny ýaýkar.

 9 Şonda ähli adamlar gorkarlar,

Hudaýyň işlerini jar ederler.

Onuň gudratly işlerine düşünerler+.

10 Dogruçyllar Ýehowanyň işlerine şatlanar,

Ony pena ediner+.

Adalatly adamlar Alla şükür eder.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

65 Eý Hudaý, Sionda saňa alkyş aýdarys!+

Beren wadamyzy berjaý ederis+.

 2 Dogalary eşidýän Hudaý! Ähli adamlar huzuryňa barar+.

 3 Günälerim egnimden basýar+,

Emma ýazyklarymy bagyşlaýarsyň+.

 4 Howlularyňda ýaşamaga çagyran adamyň,

Huzuryňa getiren adamyň bagtlydyr+.

Biz öýüňde, mukaddes ybadathanaňda+

Bol bereketleri alyp, çäksiz begenýäris+.

 5 Halasgärimiz, dogamyza jogap berýärsiň,

Adalatly hem gudratly işleri edýärsiň+.

Tutuş zemin, deňziň aňry çeti saňa bil baglaýar+.

 6 Sen* güýç⁠-⁠kuwwatlysyň+,

Gollaryň bilen daglary berkitdiň.

 7 Sen* möwç urýan deňzi, äpet tolkunlary köşeşdirdiň+.

Halklaryň goh⁠-⁠galmagalyny ýatyrdyň+.

 8 Täsin işleriňi görüp, uzak ýurtlaryň ilaty haýran galar+,

Gündogardan günbatara çenli ähli halklar aýdym aýdar.

 9 Sen tutuş ýer ýüzüniň aladasyny edýärsiň.

Adamlaryň rysgalyny ýetirip durýarsyň+.

Çeşmäň joşup akýar.

Mes topragyň hasyl berýär+,

Sen ýer ýüzüni täsin ýaratdyň.

10 Topragy tekizläp, joýalary suwarýarsyň.

Ýagyş ýagdyryp, ýeri ýumşadýarsyň,

Galla başlaryny göge ýetirýärsiň+.

11 Bereketli ýyl berýärsiň,

Aýak basan ýeriň hasylly bolýar+.

12 Öri meýdanlar al⁠-⁠ýaşyl öwüsýär+,

Dag⁠-⁠depeler joşup aýdym aýdýar+.

13 Ýaýlada owlak⁠-⁠guzular bökjekleşýär,

Galla hasyly jülgeleri büreýär+.

Olar şatlanýar, begenýär, joşup aýdym aýdýar+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Aýdym.

66 Eý ýer ýüzi, şatlanyň, Hudaýy wasp ediň!+

 2 Şöhratly adynyň şanyna aýdym aýdyň!

Hudaýy taryplaň, şöhratlandyryň!+

 3 Hudaýy şeýle wasp ediň: «Elleriň işi neneňsi täsin!+

Güýçli goluň bilen duşmanlary dyza çökerersiň+.

 4 Bütin ýer ýüzi saňa baş eger+,

Seni taryplap wasp eder,

Adyň şanyna aýdym aýdar»+. (Sela)

 5 Geliň, Allanyň işlerini görüň!

Ol adam ogullary üçin täsin işleri etdi+.

 6 Ol deňzi guratdy+,

Halkyny derýadan pyýada geçirdi+.

Eden işleri bilen begendirdi+.

 7 Ol gudraty bilen ebedilik hökümdarlyk edýär+,

Halklary synlaýar+.

Eý kesir adamlar, öwünmäň!+ (Sela)

 8 Eý halaýyk, Hudaýymyzy wasp ediň!+

Alkyşlaryňyz älem⁠-⁠jahana ýaň salsyn.

 9 Ol janymyzy aman saklaýar+,

Aýagymyzy taýdyrmaýar+.

10 Ýa Alla, sen bizi barladyň+,

Kümşüň otda arassalanyşy ýaly, bizi arassaladyň.

11 Bizi awçynyň toruna düşürdiň,

Gerdenimize agyr ýük atdyň.

12 Başy ölümli ynsanyň eline berdiň.

Bizi otdan, suwdan geçirdiň,

Soňra bize dynçlyk berdiň.

13 Öýüňe ýakma gurbanlyk bilen gelerin+,

Beren wadalarymy berjaý ederin+.

14 Agyr günde dilim bilen aýdanymy,

Agzym bilen sözlänimi ýerine ýetirerin+.

15 Bakylan mallary gurbanlyk bererin*,

Goçlary ýakyp, saňa bagyş ederin.

Saňa öküzleri, tekeleri bererin. (Sela)

16 Eý Alladan gorkýanlar, aýtjak sözümi diňläň!

Hudaýyň maňa eden ýagşylygyny gürrüň bereýin+.

17 Dilim bilen Allany çagyrdym,

Agzym bilen alkyş aýtdym.

18 Ýüregimde erbetlik kök uran bolsa,

Ýehowa dilegimi diňlemezdi+.

19 Emma Hudaý meni eşitdi+,

Dogamy diňledi+.

20 Hudaýa alkyş bolsun, dogamy jogapsyz goýmady.

Menden wepaly söýgüsini* gaýgyrmady.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Aýdym.

67 Hudaý bizden razydyr, bereket berer,

Nurly ýüzi ýalkym saçar+. (Sela)

 2 Ýer ýüzi seniň ýoluňy bilsin+,

Halklar halas edişiňi görsün+.

 3 Ýa Alla, goý, halklar saňa alkyş aýtsyn!

Ähli milletler seni wasp etsin!

 4 Milletler şatlansyn, joşup aýdym aýtsyn+.

Sebäbi sen adalatly höküm çykararsyň+.

Halklara ýol görkezersiň. (Sela)

 5 Ýa Alla, goý, halklar saňa alkyş aýtsyn!

Ähli milletler seni wasp etsin!

 6 Toprak bol hasyl berer+,

Hudaý, biziň Hudaýymyz bereket eçiler+.

 7 Alla bereket berer,

Bütin ýer ýüzi ondan gorkar*+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

68 Goý, Hudaý aýaga galsyn, duşmanlary dargasyn.

Allany ýigrenýänleriň hemmesi gaçyp gitsin+.

 2 Erbetler bug ýaly zym⁠-⁠zyýat bolsunlar.

Mumuň* otda ereýşi ýaly,

Olar hem Hudaýyň huzurynda ýok bolsunlar+.

 3 Dogruçyl adam guwansyn+,

Hudaýyň öňünde şatlansyn,

Begençden ýaňa başy göge ýetsin.

 4 Hudaýa aýdym aýdyň, adyna alkyş aýdyň+,

Çölleri söküp* geleni wasp ediň,

Onuň ady Ýahdyr*+, elleriniň işine şatlanyň!

 5 Mukaddes mekanynda oturan Hudaý+,

Ýetimleriň atasy, dul aýallaryň hossarydyr*+.

 6 Ol mätäçlere ýaşara jaý berýär+,

Tussaglary azat edip, bolçulykda ýaşadýar+.

Gopbamsylar bolsa çölde ýaşar+.

 7 Ýa Alla, halkyňa baş bolanyňda+,

Çölde ýol görkezeniňde, (Sela)

 8 Ýer titredi+,

Asmandan ýagyş guýdy.

Ysraýylyň Hudaýynyň öňünde Sinaý dagy sarsdy+.

 9 Eý Hudaý, sen ýagmyr ýagdyrdyň,

Tapdan düşen halkyňa* güýç⁠-⁠kuwwat berdiň.

10 Eý Hudaý, sen olary çadyryňda ýaşatdyň+,

Ýagşylyk edip, garyplara ýardam berdiň.

11 Ýehowa buýruk berýär,

Hoş habary ýaýradýan zenanlar uly goşundyr+.

12 Patyşalar goşuny bilen yzyna seretmän gaçýarlar+,

Öýünde oturan aýallar oljadan paý alýarlar+.

13 Oduň* başynda otursaňyz⁠-⁠da,

Size ganatlary kümüşden,

Ýelekleri sap altyndan kepderi berler.

14 Gudratygüýçli patyşalary derbi⁠-⁠dagyn edende+,

Zalmon dagyna gar ýagdy.

15 Başan+ dagy Hudaýyň dagydyr,

Başan dagy iň beýik dagdyr.

16 Eý beýik daglar,

Hudaýyň saýlan dagyna+ näme üçin göriplik edýärsiňiz?

Ýehowa ol ýerde ebedi ýaşar!+

17 Hudaýyň söweş arabalary sansyz⁠-⁠sajaksyzdyr!*+

Ýehowa Sinaý dagyndan mukaddes mekanyna geldi+.

18 Sen ýokary galdyň+,

Ýesirleri özüň bilen alyp gitdiň.

Hudaýymyz Ýah, sen adamlary,

Hatda kesir adamlary+ sylag* hökmünde kabul etdiň+.

Sen olaryň arasynda ýaşadyň.

19 Halasgärimiz hak Hudaý Ýehowa alkyş bolsun!

Ol her gün ýükümizi göterýär+. (Sela)

20 Hak Hudaý halas edýär+,

Älemiň Hökümdary Ýehowa ölümden gutarýar+.

21 Hudaý duşmanlaryň kellesini,

Günä edýäniň başyny owradar+.

22 Ýehowa diýýär: «Olary Başandan+ yzyna getirerin,

Deňziň düýbünden çekip çykararyn.

23 Duşmanyň gany aýagyňyzy ýuwar+,

Itler olaryň ganyny ýalar».

24 Ýa Alla, adamlar dabaraly ýörişiňi görýärler.

Patyşamyň mukaddes mekanyna barşyny görýärler+.

25 Öňüňde aýdym aýdýarlar,

Yzyňda kirişli saz gurallaryny çalýarlar+,

Ortada gyzlar deprek kakýarlar+.

26 Ysraýylyň Atasyndan* ýaşaýyş alan adamlar+,

Jemagatyň öňünde Allaňyz Ýehowany şöhratlandyryň!

27 Iň kiçisi Benýamin+,

Töwerek⁠-⁠daşy märekeli Ýahuda hanlary,

Zebulunyň we Naftalynyň begleri halklary tabyn edýär.

28 Hudaý güýçli millet boljagyňyzy yglan etdi.

Eý arkadaýanjymyz, Allamyz, gudratyňy görkez!+

29 Iýerusalimdäki ybadathanaňa+,

Patyşalar sowgat⁠-⁠serpaý getirer+.

30 Halklar kümüş getirip*, tagzym edýänçäler,

Gamyşlykda ýaşaýan wagşy haýwanlara,

Süri⁠-⁠süri öküzlere+ we gölelere baş öwret*.

Söweşmegi halaýanlary dumly⁠-⁠duşa dargat.

31 Müsürden bürünç sowgatlar getiriler*+,

Kuş* halky Hudaýa sadaka bermäge howlugar.

32 Ýer ýüzüniň patyşalyklary, Hudaýa aýdym aýdyň!+

Ýehowany wasp edip, aýdym aýdyň! (Sela)

33 Ol gadymy gökleri böwsüp gelýär+.

Serediň, ol batly hem güýçli ses bilen gygyrýar.

34 Hudaýyň gudratlydygyny boýun alyň+.

Ol Ysraýylyň üstünden höküm sürýär,

Asman güýç⁠-⁠kuwwatyny görkezýär.

35 Mukaddes mekanda oturan Hudaý haýbatlydyr+.

Ysraýylyň gudratly Hudaýy,

Halkyna güýç⁠-⁠kuwwat berýändir+.

Hudaýa şöhrat bolsun!

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildem». Dawudyň aýdymy.

69 Ýa Allam, halas et, gark bolup barýaryn+.

 2 Batga batdym, çümüp barýaryn+.

Deňziň düýbüne düşdüm,

Güýçli akym alyp barýar+.

 3 Perýat etmekden halys ýadadym+,

Bokurdagym gyryldy.

Hudaýa garaşyp, gözlerim küteldi+.

 4 Sebäpsiz ýere meni ýigrenýän adamlar+,

Saçymyň taryndan hem köpdür.

Janymy almak isleýän,

Dönük duşmanlarym sanardan köpdür.

Ogurlykda aýyplap, elimdäki zady alýarlar.

 5 Eý Hudaý, bilýärsiň, men akmaklyk etdim.

Günäm seniň nazaryňda gizlin däldir.

 6 Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa!

Saňa bil baglaýanlar men sebäpli utanja galmasyn.

Ysraýyl Hudaýy!

Seni gözleýän bendeler men sebäpli masgara bolmasyn.

 7 Seniň üçin kemsitmelere çydaýaryn+,

Masgaraçylyga döz gelýärin+.

 8 Doganlaryma keseki boldum,

Süýtdeş doganlaryma gelmişek boldum+.

 9 Seniň öýüňe yhlasym içimde ot kimin ýandy+.

Saňa dil ýetirýänler meni⁠-⁠de kemsitdiler+.

10 Agyz bekläp, özümi peseltsem⁠-⁠de*,

Meni kemsitdiler.

11 Egnime jul* geýenimi görüp,

Il⁠-⁠gün üstümden güldi.

12 Şäher derwezesinde gybatymy etdiler,

Serhoşlar men hakda aýdym aýtdylar.

13 Eý Ýehowa, saňa doga edýärin,

Makul gören wagtyň dilegimi kabul et+.

Wepaly söýgä* baý Hudaýym, maňa jogap ber,

Sebäbi sen hak halasgärimsiň+.

14 Meni batgadan çykar, çümüp gitmäýin.

Meni ýigrenýänleriň elinden,

Ummanyň düýbünden halas et+.

15 Siller meni basmasyn+,

Deňiz⁠-⁠derýa gark etmesin,

Guýynyň düýbüne düşmäýin+.

16 Eý Ýehowa, sen meni söýýärsiň*, maňa jogap ber+,

Maňa rehim eýle, nazar sal+.

17 Guluňdan ýüz öwürme+,

Tizräk maňa jogap ber, halym harapdyr+.

18 Ýetiş, meni halas et,

Duşmanlarymyň elinden alyp gal*.

19 Masgara, biabraý we ile gülki bolanymy gördüň+.

Duşmanlarymyň ählisini bilýärsiň.

20 Meni kemsidip, ýüregime ýara saldylar,

Ýaralarym bitmedi.

Göwünlik berjegi agtardym, emma tapmadym+,

Teselli berjegi gözledim, emma birine⁠-⁠de duşmadym+.

21 Çörek ýerine zäher berdiler+,

Suwsanymda turşy şerap berdiler+.

22 Saçaklary olar üçin tor bolsun,

Näz⁠-⁠nygmatlary olara duzak bolsun+.

23 Gözleri garaňkyrasyn,

Hiç zat görmesin,

Aýaklary sandyrasyn.

24 Gaharyň olaryň başyndan insin,

Gazabyň olary kül etsin+.

25 Düşelgesi boşap galsyn,

Çadyrlarynda hiç kim ýaşamasyn+.

26 Sebäbi olar Hudaýyň uranyny yzarlaýarlar,

Ýaralan adamynyň derdine dert goşýarlar.

27 Goý, eden etmişini egni bilen çeksinler*,

Sen olary dogruçyllaryň arasynda goýmarsyň.

28 Ýaşaýyş kitabyndan ady öçürilsin+,

Dogruçyllaryň arasynda ady agzalmasyn+.

29 Meni kösediler, ejir çekdim+,

Ýa Alla, gudratly güýjüň bilen maňa hemaýat ber.

30 Hudaýyň adyna aýdym aýdaryn,

Ony beýgeldip, wasp ederin.

31 Ýehowa üçin alkyş sözleri öküzlerden,

Şahly we toýnakly öküzçelerden has ýakymlydyr+.

32 Muny gören ýumşaklar guwansyn.

Hudaýy gözleýänleriň göwni galkynsyn.

33 Ýehowa mätäçleri eşidýär+,

Ýesir düşen halkyny unutmaýar+.

34 Goý, asman hem ýer,

Deňiz we ondaky jandarlar, Hudaýa alkyş aýtsyn!+

35 Hudaý Siony halas eder+,

Ýahuda şäherlerini täzeden dikelder.

Hudaýyň halky ýurtda ýaşar, Sion dagyny miras alar.

36 Gullaryň nesli ýurdy miras alar+,

Hudaýyň adyny söýýänler+ Sionda ýaşar.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. Öwüt⁠-⁠ündew*.

70 Eý Hudaý, meni halas et!

Eý Ýehowa, tiz ýetiş dadyma!+

 2 Janymyň kastyna çykanlar

Abraýdan gaçyp, masgara bolsun.

Agyr günümde üstümden gülenler

Utanja galyp, gaçyp gitsin.

 3 «Içiň ýansyn, saňa geregem şol!» diýenler,

Masgara bolup gaçyp gitsin.

 4 Goý, seni gözleýänler,

Işleriňe şatlansyn hem guwansyn+.

Halas etmegiňe garaşýanlar:

«Hudaýa şöhrat!» diýsin.

 5 Men bir garyp, biçäre+,

Ýa Allam, tiz ýetiş dadyma!+

Maňa hemaýat et, janymy halas et+,

Eý Ýehowa, gijä galma!+

71 Eý Ýehowa, seni pena edinýärin,

Men hiç haçan masgara bolmaýyn+.

 2 Dogruçyllygyň bilen meni halas et, başymy gutar,

Aşak egil⁠-⁠de, diňle sözümi, meni halas et+.

 3 Gaýanyň üstündäki galam bol,

Meni hemişe gora.

Buýruk ber, meni halas etsinler,

Sen meniň arkadagym hem galamsyň!+

 4 Ýa Allam, meni erbetleriň elinden,

Adalatsyz duşmanyň penjesinden halas et+.

 5 Älemiň Hökümdary Ýehowa, saňa umyt edýärin,

Ýaşlygymdan bäri saňa bil baglaýaryn+.

 6 Dünýä inenim bäri saňa daýanýaryn,

Sen ejemiň göwresinden ýagty jahana inderdiň+,

Hemişe saňa alkyş aýdýaryn.

 7 Köpler halyma haýran galýarlar,

Ýöne men seni pena edinýärin.

 8 Dilim seni hemişe wasp edýär+,

Uzakly gün şöhratyňdan söz açýar.

 9 Garranymda meni taşlama+,

Güýç⁠-⁠gurbatym gaçanda, menden ýüz öwürme+.

10 Duşmanlarym maňa töhmet atýar,

Dil düwşüp, janymyň kastyna çykýar+.

11 Olar: «Hudaý ony taşlady,

Dadyna ýetişjek ýokdur, ony kowalap tutalyň» diýýärler+.

12 Ýa Allam, menden uzakda durma,

Eý Hudaýym, tiz ýetiş dadyma+.

13 Maňa azar berýänler,

Abraýdan düşsünler, ýok bolsunlar+.

Başyma bela indermek isleýänler,

Masgara bolup kemsidilsinler+.

14 Men bolsa saňa garaşaryn,

Seni joşup wasp ederin.

15 Seniň adalatyňy dilimden düşürmerin+.

Halas edişiňi gaýta⁠-⁠gaýta aýdyp bererin.

Olar hakda uzakly gün gürrüň bererin+.

16 Men gudratly işleriň hakda söz açaryn.

Älemiň Hökümdary Ýehowa,

Diňe seniň adalatyň hakda gürrüň bererin.

17 Ýa Alla, ýaşlygymdan bäri maňa tälim berýärsiň+,

Seniň ajaýyp işleriňi şu güne çenli wagyz edýärin+.

18 Ýa Allam, saçym agarsa⁠-⁠da, garrasam⁠-⁠da, meni taşlama!+

Men geljekki nesle güýjüň hakda gürrüň bereýin,

Dünýä injeklere gudratyňy aýdyp bereýin+.

19 Eý Hudaý, adalatyň göklere ýetýär+,

Sen gudratly işleri edýärsiň.

Ýa Alla, saňa taý geljek barmy?+

20 Bela⁠-⁠beterleri başyma inderdiň+.

Indi meni ýerimden galdyr,

Ýeriň düýbünden çekip çykar+.

21 Meniň at⁠-⁠abraýymy artdyr.

Meni gora, göwünlik ber.

22 Şonda çeň* saz guralynda aýdym aýdaryn,

Seniň wepadarlygyňy wasp ederin+.

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy!

Arfa bilen seni wasp ederin.

23 Seniň şanyňa joşup aýdym aýdaryn+,

Sebäbi janymy halas etdiň+.

24 Uzakly gün adalatyň dilimden düşmez*+,

Sebäbi janymyň kastyna çykanlar masgara bolar+.

Süleýman hakda aýdym.

72 Ýa Alla, patyşa öz hökümleriňi,

Şazada adalatyňy öwret+.

 2 Ol halkyňa adalatlylyk bilen,

Garyplara adyl kanunlaryň bilen höküm çykarsyn+.

 3 Goý, daglardan halkyňa parahatlyk,

Depelerden adalatlylyk gelsin.

 4 Patyşa ejizleriň hakyny alyp bersin,

Garyp⁠-⁠gasarlaryň perzentlerini gorasyn;

Ýalançylary ezip taşlasyn+.

 5 Gün şöhle saçýarka,

Asmanda Aý dogýarka,

Ynsan nesli senden gorksun+.

 6 Patyşa gök maýsa ýagýan ýagyş kimin bolsun,

Ýer ýüzüni suwarýan ýagmyr kimin bolsun+.

 7 Onuň şalygynda dogruçyllar döwran sürsün+,

Asmanda Aý dursun, parahatlyk höküm sürsün+.

 8 Ol deňizden⁠-⁠deňze,

Derýadan* ýeriň aňry ujuna çenli hökümdarlyk eder+.

 9 Çarwalar huzurynda baş eger,

Duşmanlary topragy ýalar+.

10 Tarşyşyň we adalaryň patyşalary salgyt tölär+,

Şeba we Saba patyşalary sowgatlar getirer+.

11 Ähli patyşalar tagzym ederler,

Hemme halklar gulluk ederler.

12 Ol perýat edýän garyby,

Hossarsyz mätäji halas eder.

13 Garyp⁠-⁠gasara rehim eder,

Mätäjiň janyny halas eder.

14 Olary zorluk⁠-⁠sütemden gutarar,

Olaryň jany* patyşa üçin gymmatlydyr.

15 Patyşa uzak ýaşasyn! Şeba altyny berilsin+.

Patyşa üçin doga⁠-⁠dileg edilsin,

Her gün alkyş aýdylsyn!

16 Ýer ýüzünde galla köp bolar+,

Daglaryň depesine çenli ýeter.

Patyşanyň bag⁠-⁠bakjasy Liwan tokaýy kimin bolar+,

Şäheriň ilaty ýaşyl ot kimin gülläp öser+.

17 Goý, ady müdimilik ýatlansyn+,

Gün dursun, patyşa dursun!

Adamlar saýasynda bereket alsyn+,

Ähli halklar oňa bagtly diýsin.

18 Ýehowa Hudaýa, Ysraýylyň Hudaýyna alkyş bolsun!+

Diňe Alla täsin işleri edýär+.

19 Hudaýyň adyna ebedilik alkyş aýdylsyn+,

Bütin ýer ýüzi şöhratyndan dolsun!+

Omyn, omyn!

20 Ýessäniň ogly Dawudyň+ doga⁠-⁠dilegleri tamamlandy.

3⁠-⁠NJI BÖLÜM

(73—89⁠-⁠njy aýdymlar)

Asafyň aýdymy+.

73 Hudaý Ysraýyla, akýürekli adamlara ýagşylyk edýär+.

 2 Men bolsa dogry ýoldan tas sowlupdym,

Aýaklarym taýypdy+.

 3 Erbetleriň döwran sürýändigini gördüm,

Tekepbirlere göriplik etdim+.

 4 Janlary tut ýaly sagdyn,

Kösenmän dünýäden ötýärler+.

 5 Başgalar ýaly dert çekmeýärler+,

Jebir⁠-⁠jepanyň nämedigini bilmeýärler+.

 6 Gopbamsylygy monjuk kimin boýnuna dakýarlar+,

Zalymlygy don deý egnine atýarlar.

 7 Semizlikden ýaňa gözleri zordan açylýar,

Ähli ýürek arzuwy hasyl bolýar.

 8 Adamlary kemsidip, erbet sözleri aýdýarlar+,

Ulumsylyk bilen haýbat atýarlar+.

 9 Tumşugyny göge tutup gepleýärler,

Agyzlaryny dolduryp gürleýärler.

10 Hudaýyň halky hem olaryň yzyna eýerýär,

Suwdan doly käsesinden içýär.

11 Olar: «Hudaý nädip bilsin?+

Allatagala* näme bilýär?» diýýärler.

12 Erbetleriň eden işi ugrunadyr+,

Mal⁠-⁠garasy dünýä sygýan däldir+.

13 Men biderek ýere päk ýürekli bolupdyryn,

Elimi arassa saklapdyryn+.

14 Uzakly gün agyr dert çekdim+,

Her säher Hudaýdan käýinç eşitdim+.

15 Oý⁠-⁠pikirimi daşyma çykaran bolsam,

Seniň halkyňa dönüklik etdigim bolardy.

16 Muňa düşünjek bolup jan etsem⁠-⁠de,

Beter howsala düşdüm.

17 Emma Hudaýyň mukaddes mekanyna girenimde,

Zalymlaryň gelejeginiň ýokdugyna düşündim.

18 Olary typançak ýerde durzarsyň+,

Hemmesini ýykyp, heläk edersiň+.

19 Zalymlaryň başyna duýdansyz heläkçilik iner+,

Olar derrew ýok bolar, soňy gorkunç bolar.

20 Ukudan oýanan adamyň düýşüni unudyşy ýaly,

Eý Ýehowa, aýaga galanyňda, zalymlar zym⁠-⁠zyýat bolar.

21 Kalbym gam⁠-⁠gussadan dolupdy+,

Bagrym* dilim⁠-⁠dilim bolupdy.

22 Men düşünjesiz, akmak ekenim,

Seniň öňüňde haýwan ýaly akylsyz bolupdyryn.

23 Sen sag elimden tutduň+,

Indi ýanyňdan aýrylmaryn.

24 Maslahat berip, ýol görkezýärsiň+,

Şan⁠-⁠şöhrata ýetirýärsiň+.

25 Gökde senden başga kimim bar?

Sen ýanymda bolsaň, başga hiç zat gerek däl+.

26 Janym tapdan düşse⁠-⁠de, bedenim güýçden gaçsa⁠-⁠da,

Hudaý arkadagymdyr, ebedilik paýymdyr+.

27 Senden daşlaşan adamlar heläk bolar,

Seni terk eden biwepalar ýok bolar*+.

28 Men bolsa Hudaý bilen dostlaşmagy saýladym*+.

Älemiň Hökümdary Ýehowany pena edindim,

Onuň ähli işlerini jar ederin+.

Maskil*. Asafyň aýdymy+.

74 Eý Hudaý, bizi näme üçin ebedilik taşladyň?+

Öri meýdandaky süriňe näme üçin gaharlandyň?+

 2 Gadymy döwürlerde saýlan halkyňy+,

Töleg töläp miras alan halkyňy ýatla+.

Mekanyňy, Sion dagyňy unutma+.

 3 Ebedilik haraba bolup ýatan ýerlere baryp gör+,

Duşmanlar mukaddes mesgeniňi weýran etdiler+.

 4 Mukaddes mekanyňda ýeňiş aýdymyny aýtdylar+,

Tuglaryny dikdiler.

 5 Olar gür tokaýy çapýan adamlar ýaly,

 6 Mukaddes mekanyň bezeglerini+ palta bilen çapdylar,

Çekiç bilen döwüp taşladylar.

 7 Ybadathanaňy otladylar+,

Adyňy göterýän çadyry haram etdiler,

Ýer bilen ýegsan etdiler.

 8 Olaryň özi⁠-⁠de, çagalary⁠-⁠da:

«Hudaýa sežde edilýän ýerleri otlarys!» diýýärler.

 9 Aramyzda bir pygamberem galmady,

Hiç hili alamat hem görmedik.

Munuň näçe wagt dowam etjegini bilmedik.

10 Eý Hudaý, duşmanlaryň seni haçana çenli ýaňsylar?+

Ýagylaryň haçana çenli adyňa dil ýetirer?+

11 Sag goluňy näme üçin uzatmaýarsyň?+

Eliňi donuňdan çykar⁠-⁠da, olary ýok et.

12 Hudaý gadymy günlerden bäri meniň Patyşamdyr.

Ýer ýüzündäki halkyny gudraty bilen halas edýändir+.

13 Sen güýjüň bilen deňze tolkun atdyrdyň+,

Deňiz läheňleriniň kellelerini owratdyň.

14 Deňiz läheňiniň* başyny* kesdiň,

Olary çarwalara iýmit edip paýladyň.

15 Sen çeşmeleriň gözbaşyny açdyň+,

Şaglap akýan derýalary guratdyň+.

16 Gündiz hem, gije hem seniňkidir,

Sebäbi sen Güni we ýagtylygy ýaratdyň+.

17 Sen ýere serhet çekdiň+,

Tomus we gyş pasyllaryny bellediň+.

18 Eý Ýehowa, duşmanlaryň ýaňsylaýjy sözlerini,

Akmaklaryň adyňa ysnat getirendigini unutma+.

19 Gumryňy ýyrtyjy haýwanlardan gora,

Ezilen halkyň çeken derdini hiç haçan unutma.

20 Biz bilen baglaşan ähtiňi ýatda sakla,

Sebäbi garaňky ýerler zorluk⁠-⁠sütemden doldy.

21 Goý, ezilenleriň tamasy puja çykmasyn+,

Garyp⁠-⁠gasarlar adyňy şöhratlandyrsyn+.

22 Ýa Alla, aýaga gal⁠-⁠da, aryňy al!

Saňa uzakly gün dil ýetiren akmaklary unutma+.

23 Duşmanlaryň aýdan sözlerini unutma,

Seni äsgermeýänleriň goh⁠-⁠galmagaly eşidilýär.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Meni heläk etme» diýen saza goşup aýtmaly. Asafyň aýdymy+.

75 Hudaýym, saňa şükür edýärin, saňa şükür edýärin!

Sen biziň bilensiň+,

Halk ajaýyp işleriňi yglan edýär.

 2 Hudaý diýýär: «Men höküm etmek üçin wagt belleýärin,

Adalatly kazylyk edýärin.

 3 Ýer we onuň ilaty titrände,

Men Ýeriň sütünlerini sakladym». (Sela)

 4 Men öwünjeňe: «Öwünme!» diýýärin.

Erbet adama aýdýaryn: «Güýjüňe buýsanma.

 5 Tumşugyňy göge tutma,

Ulumsy gepleme.

 6 Şan⁠-⁠şöhrat ne gündogardan,

Ne günbatardan, ne⁠-⁠de günortadan geler.

 7 Hudaý Kazydyr+.

Ol birini peseldýär, beýlekisini beýgeldýär+.

 8 Ýehowanyň elinde käse bardyr+;

Ol köpürjikleýän güýçli şerapdan doludyr.

Hudaý ähli erbetlere şerap içirer,

Olar soňky damjasyna çenli içer»+.

 9 Men bolsa Allanyň işlerini ebedilik jar ederin,

Ýakubyň Hudaýynyň şanyna aýdym aýdaryn.

10 Ol: «Erbetleri güýçden gaçyraryn*,

Dogruçyllaryň güýjüne güýç goşaryn» diýýär.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Asafyň aýdymy+.

76 Ýahuda halky Hudaýy tanaýandyr+,

Ysraýylda onuň ady beýikdir+.

 2 Hudaýyň çadyry Salamdadyr+,

Mekany Siondadyr+.

 3 Hudaý otly peýkamlary, galkany,

Gylyjy, söweş ýaraglaryny döwüp taşlady+. (Sela)

 4 Ýa Alla, seniň nuruň ýagty saçýar,

Şan⁠-⁠şöhratyň aw awlanýan daglardan hem beýikdir.

 5 Batyr ýigitleriň öýleri talandy+,

Esgerler güýç⁠-⁠kuwwatdan gaçdy+;

Olaryň ählisi ölüm ukusyna gitdi.

 6 Eý Ýakubyň Hudaýy, seniň haýbatyňdan

Arabakeşler we bedew atlar heläk boldy*+.

 7 Sen haýbatlysyň+.

Gahar⁠-⁠gazabyňa kim çydap biler?+

 8 Sen gökden hökümiňi yglan etdiň+,

Älem⁠-⁠jahan gorkdy, dym⁠-⁠dyrslyk boldy+.

 9 Hudaý aýaga galyp höküm etdi,

Ýer ýüzüniň ýumşak adamlaryny halas etdi+. (Sela)

10 Ynsanyň gazaby seni beýgelder+,

Iň soňky hüjümi seni şöhratlandyrar.

11 Hudaýyň huzuryna ýygnanan halaýyk!

Ýehowa Hudaýa wada beren bolsaňyz,

Hökman berjaý ediň+,

Alla hormat goýup*, sowgatlar getiriň!+

12 Ol tekepbir serdarlary peselder,

Ýer ýüzüniň patyşalaryny gorkuzar.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýedutun*. Asafyň aýdymy+.

77 Batly ses bilen perýat ederin, Hudaýa ýalbararyn,

Allany çagyraryn, ol meni eşider+.

 2 Agyr günümde Ýehowany gözleýärin+,

Gije elimi asmana galdyrýaryn,

Yzyny üzmän dileg edýärin.

Ynjalyk tapmaýaryn.

 3 Hudaý hakda oýlansam, damagym dolýar+,

Kalbym howsala düşüp, güýçden gaçýaryn+. (Sela)

 4 Gözüme uky gelmeýär,

Halym harap, gepläre ýagdaýym ýok.

 5 Geçen ýyllary, gadymy günleri ýatlaýaryn+.

 6 Gijesine aýdyma hiňlenýärin+,

Çuňňur oýa batýaryn+,

Sowallaryma jogap tapjak bolýaryn.

 7 Ýehowa bizden hemişelik ýüz öwürdimi?+

Indi hiç haçan rehim etmezmi?+

 8 Allanyň wepaly söýgüsi* hemişelik sowadymy?

Wadalary hiç haçan ýerine ýetmezmi?

 9 Hudaý indi rehim etmezmi?+

Gahary rehimdarlygyndan rüstem geldimi? (Sela)

10 Men: «Allatagala* kömek edenok» diýip,

Haçana çenli biynjalyk bolaryn?+

11 Men Ýahyň eden işlerini ýatlaryn,

Gadymy döwür eden gudratlaryny unutmaryn.

12 Seniň eden işleriň hakda oýlanaryn,

Gudratlaryň barada çuňňur oýa bataryn+.

13 Eý Hudaý, ýollaryň mukaddesdir,

Saňa taý geljek barmy?+

14 Sen gudratly işleri edýän hak Hudaýsyň+,

Halklar beýik güýjüňe şaýatdyr+.

15 Güýçli goluň bilen halkyňy,

Ýakubyň, Ýusubyň ogullaryny halas etdiň+. (Sela)

16 Derýalar saňa seretdi,

Seni görüp möwç urdy+.

Deňiz çaýkandy.

17 Gara bulutlardan ýagyş ýagdy.

Gök gümmürdedi,

Peýkamlaryň çar tarapdan atyldy+.

18 Gök gümmürdisi+ söweş arabasynyň sesi ýalydy.

Ýyldyrym çakyp, ýer ýüzüni ýagtyltdy+.

Zemin sandyr⁠-⁠sandyr edýärdi+.

19 Ýollaryň suwuň içinden+,

Ýodalaryň deňziň içinden geçipdi,

Ýöne aýak yzyň tapylmady.

20 Musa we Harunyň goly bilen+,

Çopan kimin halkyňa ýol görkezdiň+.

Maskil*. Asafyň aýdymy+.

78 Eý halkym, kanunyma* gulak goý,

Agzymdan çykan sözlerimi diňle.

 2 Men nakyllar bilen öwrederin,

Gadym döwrüň matallaryny aýdaryn+.

 3 Bilen hem eşiden zatlarymyzy,

Ata⁠-⁠babalarymyz gürrüň beripdi+.

 4 Biz hem olaryň agtyklaryndan hiç zady gizlemeris,

Geljekki nesillere aýdyp bereris+.

Ýehowanyň öwgä mynasyp işlerini, güýç⁠-⁠kuwwatyny+,

Eden gudratlaryny gürrüň bereris+.

 5 Ol Ýakuba tabşyryk*,

Ysraýyla kanun berdi.

Kanunlaryny ogullaryna öwretmegi+

Ata⁠-⁠babalarymyza tabşyrdy.

 6 Şonda geljekki nesil hem,

Dünýä injek çagalar hem bilerler+,

Olar hem öz perzentlerine gürrüň bererler+.

 7 Olar Hudaýa bil baglarlar,

Allanyň eden işlerini unutmazlar+,

Kanunlaryna tabyn bolarlar+.

 8 Olar ata⁠-⁠babalary ýaly,

Kesir we gozgalaňçy bolmazlar+,

Hudaýa göwünli⁠-⁠göwünsiz gulluk etmezler+,

Biwepa halk bolmazlar.

 9 Efraýym ogullarynyň ok⁠-⁠ýaýy bolsa⁠-⁠da,

Söweş güni gaçyp gitdiler.

10 Hudaý bilen eden ähtini bozdular+,

Onuň kanunyna boýun bolmadylar+.

11 Olar Allanyň eden işlerini,

Görkezen gudratlaryny unutdylar+.

12 Alla Müsür topragynda, Suwan ýurdunda+,

Ata⁠-⁠babalarynyň gözüniň alnynda gudratlar görkezdi+.

13 Deňzi bölüp, olar üçin ýol açdy,

Suwlary diwar kimin galdyrdy+.

14 Gündizine bulut bilen,

Gijesine oduň ýalny bilen ýol görkezdi+.

15 Çölde gaýalary ýardy,

Halky içip ganýança suw berdi+.

16 Gaýadan suw çykaryp,

Derýa kimin akdyrdy+.

17 Emma olar günä üstüne günä etdiler,

Çölde Allatagala* garşy gozgalaň turuzdylar+.

18 Olar Hudaýy synap*,

Açgözlük bilen çörek talap etdiler+.

19 «Hudaý çölüň ortasynda saçak ýazyp bilermi?» diýip,

Alla garşy hüňürdeşdiler+.

20 Ol gaýany urdy,

Suw joşup akdy, çeşme⁠-⁠çaýlar peýda boldy+.

Olar şonda⁠-⁠da: «Hudaý çörek berermi?

Halkyna et iýdirip bilermi?» diýdiler+.

21 Muny eşidip, Ýehowanyň gahary geldi+,

Ýakuba gazaby lowlap ýandy+,

Ysraýyla gahary tutaşdy+.

22 Olar Hudaýa iman etmediler+,

Halas edip biljekdigine ynanmadylar.

23 Şonda ol gögüň derwezelerini açdy,

Bulutly asmana buýurdy.

24 Hudaý olara asmandan galla berdi,

Iýere manna ýagdyrdy+.

25 Adamlar perişdeleriň* çöreginden iýdi+,

Hudaý olara doýýança iýmit berdi+.

26 Alla asmanda gündogar ýelini turuzdy,

Güýji bilen günorta ýelini öwüsdirdi+.

27 Eti olaryň üstüne tozan kimin,

Guşlary deňiz çägesi kimin ýagdyrdy.

28 Guşlary düşelgelerine,

Çadyrlarynyň daş⁠-⁠töweregine ýagdyrdy.

29 Olaryň göwün islän zadyny berdi+.

Olar açgözlük bilen iýdiler.

30 Gözleri doýmansoň,

Iýenlerini ýuwutmanka,

31 Hudaýyň olara gahary geldi+,

Batyrlaryny gyrdy+,

Ysraýylyň goç ýigitlerini öldürdi.

32 Emma olar günä üstüne günä etdiler+,

Onuň ajaýyp işlerine ynanmadylar+.

33 Olaryň ömri bir demde ötüp gitdi+,

Ýyllary gorky içinde geçip gitdi.

34 Hudaý olary gyryp başlanda,

Yzyna dolanyp, Allany gözlediler+.

35 Hudaýyň Arkadagdygy+,

Allatagalanyň Halasgärdigi+ olaryň ýadyna düşdi.

36 Olar agzy bilen aldamak islediler,

Dili bilen ýalan sözlediler.

37 Hudaýa ýürekden gulluk etmediler+,

Ähtine wepaly bolmadylar+.

38 Emma ol rehim etdi+,

Heläkçilik indermän, günälerini bagyşlady+.

Gazaba münse⁠-⁠de+,

Gaharyny saklady.

39 Olaryň toprakdandygy+,

Şemal kimin geçip*, yzyna dolanmaýandygy ýadyndady.

40 Çölde ençeme gezek gozgalaň turuzdylar+,

Çöl⁠-⁠beýewanda Hudaýyň ýüregini agyrtdylar+.

41 Gaýta⁠-⁠gaýta Allany synadylar+,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň ýüregine ýara saldylar.

42 Olar Allanyň güýçli goluny,

Duşmanlardan halas eden gününi ýatlamadylar+.

43 Müsür topragynda eden alamatlaryny+,

Suwan ýurdunda görkezen gudratlaryny unutdylar.

44 Adamlar akar suwdan içmesinler diýip,

Nil derýasynyň suwuny gana öwürdi+.

45 Müsüri siňeklere* şam etdi+.

Gurbagalary çozduryp, öýlerini weýran etdi+.

46 Ekinlerini ýalmap⁠-⁠ýuwudýan çekirtgelere,

Der döküp alan hasylyny çekirtge sürüsine iýdirdi+.

47 Üzüm baglaryny jöwenek* bilen+,

Ýabany injir agaçlaryny buz bilen döwdi.

48 Ýabany haýwanlary jöwenek bilen ýok etdi+,

Mal⁠-⁠garalaryny ýyldyrym* bilen kül etdi.

49 Ol gahar⁠-⁠gazaba mündi,

Olardan närazy bolup, bela⁠-⁠betere duçar etdi.

Başlaryna heläkçilik indermek üçin perişdelerini iberdi.

50 Hudaý gaharyny saklamady,

Olary ölüm penjesine berdi,

Mergi bilen gyryp taşlady.

51 Ahyrynda Müsüriň ähli nowbaharlaryny+,

Hamyň çadyrlarynda ilkinji doglanlary öldürdi.

52 Soňra halkyny goýun sürüsi kimin çykardy+,

Çölde olara ýol görkezdi.

53 Howpsuz ýerden ýöretdi,

Olar gorky⁠-⁠ürküni bilmedi+.

Duşmanlaryny deňiz ýuwutdy+.

54 Olary mukaddes mekanyna+,

Sag eli bilen basyp alan daglaryna getirdi+.

55 Olaryň öňünden halklary kowup çykardy+,

Ýer paýlaryny ölçeg ýüpi bilen ölçäp berdi+.

Ysraýyl taýpalaryna ýaşar ýaly jaý berdi+.

56 Emma gozgalaň turzup, ýene Allatagalany synadylar+,

Öwüt⁠-⁠ündewlerine* ünsem bermediler+.

57 Ata⁠-⁠babalary ýaly dönüklik etdiler, biwepa boldular+,

Olar kirşi üzülen dereksiz ýaý kimin boldular+.

58 Seždegählerde* butlara tagzym edip, ony ynjatdylar+,

Oýma butlary bilen gaharyny getirdiler*+.

59 Hudaý olary görüp gaharlandy+,

Ysraýyldan bütinleý ýüz öwürdi.

60 Ahyry Şilodaky çadyryny+,

Halkynyň arasyndaky mekanyny terk etdi+.

61 Ol äht sandygyny duşman eline berdi+,

Güýji hem şan⁠-⁠şöhraty ýesirlige gitdi.

62 Mirasyna gaharlandy,

Halkyny duşman gylyjy bilen öldürdi+.

63 Onuň ýigitlerini ot ýalmap ýuwutdy,

Gyzlaryna toý aýdymy aýdylmady.

64 Ruhanylary gylyçdan geçirildi+,

Dul galan aýallary aglamady+.

65 Şonda Ýehowa ukudan oýanan adam deý+,

Serhoşlykdan açylan pälwan deý+ ýerinden turdy.

66 Duşmanlaryny yzyna kowdy+,

Hemişelik masgara etdi.

67 Ýusubyň çadyryndan ýüz öwürdi,

Efraýym taýpasyny saýlamady.

68 Ol ýahuda taýpasyny+,

Söýgüli Sion dagyny saýlady+.

69 Mukaddes mekanyny asman kimin+ berkitdi,

Ebedilik duran Ýer kimin etdi+.

70 Guly Dawudy+ seçip saýlady,

Agyllaryň arasyndan getirdi+.

71 Owlak⁠-⁠guzuly sürüden alyp geldi.

Ýakubyň, halky ysraýylyň üstünden,

Çopan edip belledi+.

72 Dawut hem olary bütin ýüregi* bilen bakdy+,

Güýçli gollary bilen ýol görkezdi+.

Asafyň aýdymy+.

79 Ýa Alla, halklar mirasyňy taladylar+,

Mukaddes ybadathanaňy haram etdiler+,

Iýerusalimi harabaçylyga öwürdiler+.

 2 Gullaryň jesedini guşlara,

Wepaly bendeleriň läşini wagşy haýwanlara şam etdiler+.

 3 Iýerusalimde olaryň gany sil deý akdy,

Olary jaýlara adam galmady+.

 4 Goňşulara ýüzügara bolduk+,

Olar ýaňsylap, üstümizden gülýärler.

 5 Ýehowa, haçana çenli gaharlanarsyň? Ebedilikmi?+

Gazabyň haçana çenli lowlap durar?+

 6 Adyňy çagyrmaýan patyşalyklaryň,

Seni äsgermeýän milletleriň başyna gazabyňy inder+.

 7 Sebäbi olar Ýakuby ýok etdiler,

Watanyny çöle öwürdiler+.

 8 Bize ata⁠-⁠babalarymyzyň günäsi üçin temmi berme+.

Tiz ýetiş, rehim eýle+,

Biz ýere siňip barýarys.

 9 Halasgär Hudaýymyz+,

Şöhratly adyň hatyrasyna kömek et.

Adyň hatyrasyna günälerimizi bagyşla, halas et+.

10 Halklar: «Olaryň Hudaýy nirede?» diýmesin+.

Halklaryň öňünde gullaryň gany üçin ar al+,

Muny bizem göreli.

11 Tussaglykda oturanlaryň ahy⁠-⁠nalasyny eşit+,

Ölüme höküm edilenleri güýçli goluň bilen halas* et+.

12 Eý Ýehowa, goňşulara ýedi esse jeza ber+,

Sebäbi olar saňa⁠-⁠da dil ýetirýärler+.

13 Şonda seniň halkyň, öri meýdandaky süriň+,

Saňa ebedilik alkyş aýdar,

Seni nesilden⁠-⁠nesle şöhratlandyrar+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildem». Öwüt⁠-⁠ündew. Asafyň aýdymy+.

80 Ysraýylyň Çopany, bizi diňle!

Çopanyň sürä ýol görkezişi ýaly, Ýusuba ýol görkez+.

Sen tagtyňy keruplaryň ýokarsynda*+ dikdiň.

Goý, nuruň şöhle saçsyn!

 2 Efraýyma, Benýamine we Manaşa

Gudratly güýjüňi görkez+.

Gel, bizi halas et+.

 3 Eý Hudaý, ýagşy günleri gaýtaryp ber!+

Ýüzüň nury üstümize şöhle saçsyn, bizi halas eýle+.

 4 Serkerdebaşy Ýehowa, haçana çenli halkyňa gaharlanyp,

Dogasyna jogap bermersiň?+

 5 Çörege derek gözýaş bilen doýurdyň,

Olary gözýaşa gark etdiň.

 6 Ýurdumyza eýe çykmak üçin goňşular dawalaşýar,

Duşmanlar agzyna gelenini aýdýar+.

 7 Serkerdebaşy, ýagşy günleri gaýtaryp ber!

Ýüzüň nury üstümize şöhle saçsyn, bizi halas eýle+.

 8 Müsürden üzüm nahalyny+ getirdiň,

Milletleri kowup, ony ekdiň+.

 9 Onuň üçin ýer taýýarladyň,

Ol kök urdy, ýurdy eýeledi+.

10 Kölegesi daglary,

Hudaýyň kedr agaçlaryny örtdi.

11 Onuň şahalary alysdaky deňze,

Derýa* ýetdi+.

12 Näme üçin üzümçiligiň diwarlaryny ýykdyň?+

Indi ötegçiler üzüm salkymyny ogurlaýar+.

13 Jeňňeliň ýekegapanlary hoşalaryny zaýalaýar,

Wagşy haýwanlar üzümlerini iýýär+.

14 Eý Serkerdebaşy, ýalbarýarys, yzyňa dolan,

Gökden nazar sal!

Eken üzüm agajyň aladasyny et+.

15 Sag eliň bilen eken nahalyňa+,

Şan⁠-⁠şöhratyň üçin ýetişdiren şahaňa nazar sal+.

16 Ony çapyp taşladylar, oda ýakdylar+,

Sen käýäniňde halkyň ýok boldy.

17 Seniň sagyňda duran adama,

Güýç beren ynsan ogluňa kömek et,

Şonda ol saňa şöhrat getirer+.

18 Biz senden ýüz öwürmeris,

Janymyzy halas et, seniň adyňa bil baglarys.

19 Serkerdebaşy Ýehowa, ýagşy günleri gaýtaryp ber!

Ýüzüň nury üstümize şöhle saçsyn, bizi halas et+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Gitit*. Asafyň aýdymy+.

81 Güýç⁠-⁠kuwwat berýän Hudaýa+ joşup aýdym aýdyň,

Ýakubyň Hudaýyna ýeňiş aýdymyny aýdyň.

 2 Saz çalyň, deprek kakyň,

Şirin owazly arfa çalyň, çeň* çalyň.

 3 Täze Aý doganda+, Aý dolanda,

Baýramçylyk güni surnaý çalyň+.

 4 Ysraýyla berlen kanun,

Ýakubyň Hudaýynyň permany şeýledir+.

 5 Hudaý Müsüriň içinden geçende+,

Ýusuba muny görkezme* beripdi+.

Men nätanyş sesiň* şeýle diýenini eşitdim:

 6 «Onuň egninden agyr ýüküni aldym+,

Sebet götermekden dyndardym.

 7 Dertli günüňde meni çagyrdyň, seni halas etdim+,

Gök gürrüldisi bilen* saňa jogap berdim+.

Meriba* suwlarynda seni synadym+. (Sela)

 8 Eşit, eý halkym, saňa öwüt⁠-⁠nesihat bereýin.

Eý Ysraýyl, käşgä meni diňlesediň!+

 9 Araňyzda keseki taňry bolmasyn,

Başga taňra sežde etmäň+.

10 Men siziň Hudaýyňyz Ýehowadyryn,

Sizi Müsürden çykaran mendirin+.

Agzyňyzy giňden açyň, men sizi doýraýyn+.

11 Emma halkym sesimi diňlemedi,

Ysraýyl maňa tabyn bolmady+.

12 Men olary öz ugruna goýberdim*.

Olar hem öz bilenini etdiler+.

13 Käşgä halkym meni diňlän bolsady!+

Käşgä Ysraýyl ýolumdan ýörän bolsady!+

14 Şonda duşmanlaryny derrew boýun egdirerdim,

Ýagylaryna garşy söweşerdim+.

15 Ýehowany ýigrenýän adamlar öňünde dyza çökerler,

Olar ebedilik heläk bolarlar.

16 Ol saňa* iň gowy bugdaý iýdirer+,

Gaýadan akýan bal bilen doýrar»+.

Asafyň aýdymy+.

82 Hudaý mukaddes ýygnaga baryp oturdy+.

Taňrylaryň* arasynda şeýle höküm çykardy+:

 2 «Siz haçana çenli adalatsyzlyk etjek?+

Siz haçana çenli erbetleriň tarapyny tutjak?+ (Sela)

 3 Garyplaryň, ýetimleriň hakyny alyp beriň+.

Mätäçlere, garyp⁠-⁠gasarlara adalatly boluň+.

 4 Garyp⁠-⁠gasarlary halas ediň,

Erbetleriň elinden azat ediň».

 5 Olar hiç zat bilmeýär, hiç zada düşünmeýär+,

Tümlükde gezýär.

Ýeriň düýpleri sarsýar+.

 6 Men diýdim: «Siz taňrylar+,

Ähliňiz Allatagalanyň* ogullary.

 7 Emma siz ähli adamlar ýaly ölersiňiz+.

Beýleki hökümdarlar kimin ýok bolarsyňyz»+.

 8 Ýa Alla, aýaga gal, ýer ýüzüni höküm et+,

Sebäbi ähli halklar seniňkidir.

Asafyň aýdymy+.

83 Eý Hudaý, sesiňi çykarman durma!+

Eý Mukaddes Alla, dymyp durma, bir zatlar et!

 2 Seret, duşmanlaryň gygyryşýar+,

Seni ýigrenýänler baş galdyrýar.

 3 Mekirlik bilen halkyňa garşy dil düwüşýärler,

Seniň eziz halkyňa garşy hile gurýarlar.

 4 Olar: «Ýörüň, ol halky gyryp taşlalyň+,

Ysraýylyň ady ýitip gider ýaly edeliň» diýýär.

 5 Olar jem bolup, hile gurýarlar,

Halklar saňa garşy äht baglaşýarlar+.

 6 Edom çadyry, ysmaýyllar, mowaplar+, hagarlar+,

 7 Geballylar, ammonlar+, amalekler,

Pilişt+ we Tir+ halky äht baglaşýarlar.

 8 Assiriýa+ hem olara goşulýar.

Olaryň ählisi Lutuň ogullaryny+ goldaýar. (Sela)

 9 Olary midýanlaryň gününe sal+,

Kişon jülgesinde Siserany we Ýabini edişiň ýaly et+.

10 Olar Endorda+ derbi⁠-⁠dagyn edildiler,

Toprak üçin ders boldular.

11 Goý, olaryň begleri Orebiň we Zeýebiň+ gününe,

Hanlary Zebanyň we Zalmunyň gününe düşsünler+.

12 Sebäbi olar: «Hudaýyň mekanyny basyp alalyň» diýdiler.

13 Eý Hudaý, olar guran ýandak deý+,

Şemala tozaýan saman deý bolsunlar.

14 Tokaýy ýakyp kül eden ýalyn kimin,

Daglary gara kömür eden alaw kimin+,

15 Olaryň yzyndan tüweleý bilen ýet+,

Harasat turzup, olary gorkuz+.

16 Eý Ýehowa, olary masgara et,

Şonda seniň adyňy çagyrarlar.

17 Olar masgara bolsunlar, ebedilik gorkup ýaşasynlar,

Utanja galsynlar, ýer ýüzünden ýok bolsunlar.

18 Goý, älem⁠-⁠jahan seniň adyň Ýehowadygyny bilsin+,

Diňe seniň Allatagaladygyňa* düşünsin+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Gitit*. Karun ogullarynyň aýdymy+.

84 Eý Serkerdebaşy Ýehowa,

Mukaddes çadyryňy ýürekden söýýärin!+

 2 Ýehowanyň howlularyny bütin ýüregim bilen küýseýärin,

Küýsemekden ýaňa ysgyndan gaçdym+.

Bütin janym, bütin durkum bilen Biribara aýdym aýdýaryn.

 3 Serkerdebaşy Ýehowa!

Patyşam, Allam!

Seniň beýik gurbanlyk ojagyň* ýanynda,

Guşlar özüne öý, garlawaçlar höwürtge ýasaýarlar,

Jüýjelerini iýmitlendirýärler.

 4 Seniň öýüňde ýaşaýanlar nähili bagtly!+

Olar saňa hemişe alkyş aýdýarlar+. (Sela)

 5 Senden güýç⁠-⁠kuwwat alýanlar+,

Öýüňe barýan ýoldan ýöreýänler nähili bagtly!

 6 Baka jülgesinden geçenlerinde,

Ol çeşme⁠-⁠çaýly bolup görünýär.

Güýzki* ýagyş bol bereket getirýär*.

 7 Olar ýöredigi saýyn, güýçlerine güýç goşular+,

Her biri Sionda, Hudaýyň huzurynda durarlar.

 8 Serkerdebaşy Ýehowa, meniň dilegimi eşit!

Ýakubyň Hudaýy, meni diňle! (Sela)

 9 Galkanymyz+ hem Hudaýymyz*, seret!

Saýlanyňa ýagşylyk et!+

10 Seniň howlularyňda geçiren bir günüm,

Başga ýerde geçiren müň günümden gowudyr+.

Erbet adamyň çadyrynda ýaşanymdan,

Hudaýyň öýüniň bosagasynda duranym ýagşydyr.

11 Ýehowa Hudaýym güneşimdir+, galkanymdyr+,

Maňa bereket berýär, abraýymy artdyrýar.

Ýehowa wepaly* ynsandan+

Ýagşylygyny gaýgyrýan däldir.

12 Serkerdebaşy Ýehowa,

Saňa bil baglaýan adam nähili bagtly!+

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň aýdymy+.

85 Eý Ýehowa, ýurduňa rehim etdiň+,

Ýakubyň ýesir düşen nesillerini gaýtaryp getirdiň+.

 2 Halkyň ýazyklaryny bagyşladyň,

Olaryň ähli günäsini geçdiň+. (Sela)

 3 Sen gaharyňy sakladyň,

Gazabyňy köşeşdirdiň+.

 4 Halasgär Hudaýymyz, gowy günleri gaýtaryp ber!

Mundan artyk gaharlanma+.

 5 Bize ebedilik gaharlanjakmy?+

Gazabyň nesilden⁠-⁠nesle lowlap durarmy?

 6 Halkyň işleriňe şatlanar ýaly+,

Bize güýç⁠-⁠kuwwat berjek dälmi?

 7 Eý Ýehowa, wepaly söýgiň* bilen çoý+,

Bizi halas et.

 8 Hak Hudaý Ýehowa parahatlyk hakda öwüt⁠-⁠nesihat berer+,

Şonda halky, wepaly gullary men⁠-⁠menlik etmez+.

Men hem onuň sözlerini diňlärin.

 9 Allanyň şöhraty ýurdy doldurar,

Ol Hudaýdan gorkýanlary halas etmäge taýýardyr+.

10 Söýgi* bilen wepadarlyk duşuşar,

Dogruçyllyk bilen parahatlyk bile ýörär+.

11 Wepadarlyk ýer ýüzüne ýaýrar,

Dogruçyllyk gökden şöhle saçar+.

12 Ýehowa bereket berer+,

Ýer bol hasyl getirer+.

13 Dogruçyllyk Hudaýyň öňünden ýörär+,

Ädimleri üçin ýol taýýarlar.

Dawudyň dogasy.

86 Ýehowa, aşak egil⁠-⁠de, meni diňle, dogama jogap ber.

Men bir garyp biçäre+.

 2 Meniň janymy gutar, men saňa wepalydyryn+.

Guluňy halas et, saňa bil baglaýaryn,

Meniň Hudaýym sensiň+.

 3 Ýehowa, maňa rehim et+,

Uzakly gün seni çagyrýaryn+.

 4 Meniň göwnümi galkyndyr,

Ýehowa, saňa janymy ynanýaryn!

 5 Ýehowa, sen ýagşy+, geçirimli+,

Özüňi çagyrýanlardan wepaly söýgiňi* gaýgyrmaýarsyň+.

 6 Ýehowa, dogamy diňle,

Kömek sorap ýalbarýaryn, dilegimi eşit+.

 7 Agyr günümde seni çagyrýaryn+,

Sen maňa jogap berýärsiň+.

 8 Ýehowa, saňa taý geljek barmy?*+

Seniň edýän işleriňi kim edip biler?+

 9 Ýehowa, seniň ýaradan halklaryň,

Huzuryňa gelip, tagzym ederler+,

Adyňy arşa galdyrarlar+.

10 Sebäbi sen beýik, gudratly işleri edýärsiň+,

Sen ýeke⁠-⁠täk Alla+.

11 Ýehowa, maňa ýollaryňy öwret+,

Hakykat ýoluňdan ýöräýin+.

Bütin kalbym bilen senden* gorkaýyn+.

12 Ýehowa Hudaýym, bütin ýüregim bilen öwgi aýdaýyn+,

Adyňy ebedilik şöhratlandyraýyn.

13 Sebäbi wepaly söýgiň* çäksizdir,

Meni mazaryň* düýbünden çekip çykardyň+.

14 Ýa Alla, gopbamsylar maňa garşy çykdy+,

Zalym adamlar janymyň kastyna çykdy.

Olar saňa asla hormat goýmaýar+.

15 Ýehowa, sen bolsa rehimdar, mähirli*,

Giň göwünli*, söýgä* baý we wepadar Hudaý+.

16 Maňa nazar sal, rehim et+,

Guluňa güýç⁠-⁠kuwwat ber+,

Gyrnagyň ogluny halas eýle.

17 Maňa alamat ber, ýagşylyk etjegiňi bileýin,

Meni ýigrenýänler muny görüp utanja galsyn.

Ýehowa, sen hemaýatkärim hem dertdeşim!

Karun ogullarynyň aýdymy+.

87 Hudaýyň şäheri mukaddes dagyň üstünde guruldy+.

 2 Ýehowa Sionyň derwezelerini

Ýakubyň ähli çadyrlaryndan gowy görýär+.

 3 Hak Hudaýyň şäheri, dilleriň senasy+. (Sela)

 4 Rahaw*+ bilen Wawilon meni tanaýar,

Pilişt, Tir we Kuş hem meni tanaýar.

Men olaryň her biri hakda: «Ol Sionda doguldy» diýerin.

 5 Sion hakda şeýle diýerler:

«Olaryň her biri şol ýerde doguldy».

Allatagala* şäheriň düýbüni tutdy.

 6 Ýehowa ilat ýazuwyny geçirende:

«Ol adam bärde doguldy» diýer. (Sela)

 7 Aýdymçylar+ we tansçylar+:

«Ähli bereketlerimi senden aldym»+ diýerler.

Karun ogullarynyň aýdymy+. Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Mahalot*. Nobatma⁠-⁠nobat aýtmaly. Ezrahlardan Hemanyň aýdymy+. Maskil*.

88 Halasgär Hudaýym Ýehowa!+

Uzakly gün seni çagyrýaryn,

Gijelerine huzuryňa gelýärin+.

 2 Dogalarymy kabul et+,

Kömek sorap edýän dilegimi eşit+.

 3 Jebir⁠-⁠jepadan ýaňa janymdan* doýdum+,

Mazaryň* gyrasynda durun+.

 4 Ölüleriň hataryna goşuldym+,

Alaçsyz, biçäre adam boldum+.

 5 Ölüleriň arasyna atylan,

Mazarda ýatan jeset deý,

Meni ýada salmadyň,

Kömegiňden mahrum etdiň.

 6 Meni çuňňur guýa taşladyň,

Garaňky ýere, düýpsüz çuňluga atdyň.

 7 Gaharyň egnimden basýar+,

Möwç urýan tolkunlaryň gark edýär. (Sela)

 8 Dostlarymy menden daşlaşdyrdyň+,

Meni olara ýigrenji etdiň,

Gurbatym ýok gaçara, düşdüm men duzaga.

 9 Aglamakdan gözlerim küteldi+.

Ýehowa, elimi göge galdyryp,

Her gün seni çagyrýaryn+.

10 Sen gudratyňy ölülere görkezermiň?

Ölen adam turup, seni wasp edermi?+ (Sela)

11 Heläkçilik mekanynda* wepaňy,

Gabyrda wepaly söýgiňi* wagyz ederlermi?

12 Tümlükde gudratyňy,

Unudylan ýurtda adalatyňy jar ederlermi?+

13 Ýehowa, kömek sorap dileg edýärin!+

Her säher dogalarym huzuryňa baryp ýeter+.

14 Ýehowa, meni näme üçin taşladyň?+

Menden näme üçin ýüzüňi sowýarsyň?+

15 Çagalykdan bäri gözüm dertden açylmady,

Ölüm ýassygynda ýatyryn+,

Jebir çekdirdiň, ysgyn⁠-⁠mydarym galmady.

16 Lowlaýan gazabyň başyma indi+,

Howp⁠-⁠hatar meni howsala saldy.

17 Olar her gün sil deý başyma inýär,

Her tarapdan* üstümi basýar.

18 Dost⁠-⁠ýarlarymy menden aýyrdyň+,

Tümlük ýalňyz ýoldaşym boldy.

Maskil*. Zeralardan Etanyň+ aýdymy.

89 Ýehowanyň wepaly söýgüsini* hemişe wasp ederin,

Wepasy hakda neslime gürrüň bererin.

 2 Men: «Wepaly söýgiň ebedilik durar+,

Gökde wepadarlygyň düýbüni tutduň» diýdim.

 3 Sen şeýle diýdiň: «Saýlan gulum bilen äht baglaşdym+,

Dawuda ant içip diýdim+:

 4 „Seniň nesliň* ebedilik höküm sürer+,

Tagtyň nesilden⁠-⁠nesle dowam eder“»+. (Sela)

 5 Eý Ýehowa, asman täsin işleriňi yglan edýär,

Mukaddesleriň ýygnagynda wepadarlygyňy wasp edýär.

 6 Gökde Ýehowa taý geljek barmy?+

Hudaýyň ogullarynyň+ arasynda Ýehowa ýaly barmy?

 7 Mukaddesleriň ýygnagynda Hudaýa hormat goýsunlar+,

Olaryň arasynda Alla beýik hem haýbatlydyr+.

 8 Serkerdebaşy Ýehowa!

Ýah, seniň ýaly güýçli kim bar?+

Sen hemişe wepaly+.

 9 Sen tolkun atýan deňze gözegçilik edýärsiň+,

Tolkunlary möwç uranda köşeşdirýärsiň+.

10 Rahawy*+ boýun egdirdiň, janyny aldyň+,

Duşmanlaryňy güýçli goluň bilen ýok etdiň+.

11 Asman seniňkidir, zeminem golastyňdadyr+,

Ýer ýüzi we ondaky ähli zatlar elleriň işidir+.

12 Sen demirgazygy hem günortany ýaratdyň,

Tabor+ bilen Hermon+ daglary begenýär,

Adyňy wasp edýär.

13 Goluň güýçlüdir+,

Kuwwatyň köpdür+,

Sag eliň ýokary galandyr+.

14 Tagtyň dogruçyllyk, adalatlylyk bilen berkidilendir+.

Ýagşylygyň*, wepadarlygyň huzuryňda durandyr+.

15 Seni şatlanyp wasp edýän halk nähili bagtly!+

Eý Ýehowa, olar seniň nuruňda* gezýärler.

16 Olar uzakly gün seniň adyňa guwanýarlar,

Adalatyň olaryň abraýyny artdyrýar.

17 Sen olaryň şöhraty hem güýç⁠-⁠kuwwaty*+,

Seniň ýagşylygyň bilen güýjümize güýç goşulýar+.

18 Bize galkan beren Ýehowadyr,

Patyşamyzy saýlan Ysraýylyň Mukaddes Hudaýydyr+.

19 Şol döwür wepaly gullaryňa görnüş* beripdiň:

«Men pälwana kuwwat berdim+,

Halkyň içinden seçip saýlanymy şöhratlandyrdym+.

20 Gulum Dawudy gördüm+,

Başyna mukaddes ýagymy guýup belledim+.

21 Men oňa ýardam bererin+,

Golum bilen berkiderin.

22 Duşman oňa salgyt salmaz,

Zalym adam sütem etmez+.

23 Duşmanlaryny öňünde bölek⁠-⁠bölek ederin+,

Ony ýigrenýänleri mynjyradaryn+.

24 Men oňa wepaly bolaryn, mährim* bilen çoýaryn+.

Adymyň hatyrasyna güýjüni hem abraýyny artdyraryn.

25 Deňizleri onuň eline bererin,

Derýalary sag eline bererin+.

26 Ol maňa: „Sen meniň Atam,

Hudaýym, Halasgär Arkadagym!“+ diýer.

27 Ol meniň nowbahar oglum bolar+,

Ony ýer ýüzüniň ähli patyşalaryndan beýgelderin+.

28 Men oňa ebedilik wepaly bolaryn*+.

Baglaşan ähtimi hiç haçan bozmaryn+.

29 Onuň zürýady ebedilik höküm sürer,

Tagty asman kimin müdimilik durar+.

30 Eger onuň ogullary kanunymy bozsa,

Permanlarymy ýerine ýetirmese,

31 Kanunlaryma gulak asmasa,

Tabşyryklarymy berjaý etmese,

32 Gulak asmandygy* üçin taýaklaryn,

Günäleri üçin gamçy bilen temmi bererin+.

33 Emma ondan wepaly söýgimi gaýgyrmaryn+,

Beren wadalarymdan boýun gaçyrmaryn.

34 Men ähtimi bozmaryn+,

Beren sözümden dänmerin+.

35 Mukaddesligimden bir gezek ant içdim,

Dawuda ýalan sözlemerin+.

36 Onuň zürýady ebedilik höküm sürer+,

Tagty Gün kimin ebedi durar+.

37 Asmanyň wepaly şaýady Aý kimin,

Onuň tagty hiç haçan ýok bolmaz». (Sela)

38 Emma sen ondan ýüz öwürdiň, terk etdiň+,

Saýlan guluňa gaharlandyň.

39 Guluň bilen baglaşan ähtiňi bozduň,

Täjini ýere zyňyp, haram etdiň.

40 Daşdan salnan diwarlaryny ýykdyň,

Galalaryny ýer bilen ýegsan etdiň.

41 Öten⁠-⁠geçenler ony talaýarlar,

Goňşy⁠-⁠golamlary ýaňsylaýarlar+.

42 Duşmanlaryna ýeňiş berdiň+,

Ýagylaryny begendirdiň.

43 Sen onuň gylyjyny küteltdiň,

Söweşde goldamadyň.

44 Ony abraýdan düşürdiň,

Tagtyny ýer bilen ýegsan etdiň.

45 Ony tiz garratdyň,

Masgaraçylyk donuny geýdirdiň. (Sela)

46 Ýehowa, haçana çenli ýüzüňi sowjak? Ebedilikmi?+

Lowlaýan gazabyň haçan köşeşer?

47 Ömrümiň gysgadygyny unutma+.

Ynsany biderek ýere ýaratdyňmy?

48 Dünýä gelenleriň haýsy biri ölümi datmady?+

Adam mazaryň* penjesinden gutulyp bilermi? (Sela)

49 Eý Ýehowa, wepaly Hudaýym! Dawuda ant içeniňi,

Wepaly söýgiň bilen eden işleriňi unutdyňmy?+

50 Eý Ýehowa, gullaryňa aýdylan ýaňsylaýjy sözleri,

Halklaryň maňa aýdan ajy sözlerini unutma.

51 Eý Ýehowa, duşmanlaryň kemsitmelerini unutma,

Olar saýlan guluň her bir işini ýazgardylar.

52 Ýehowa ebedilik alkyş bolsun! Omyn, omyn!+

4⁠-⁠NJI BÖLÜM

(90—106⁠-⁠njy aýdymlar)

Hak Hudaýyň guly Musanyň+ dogasy.

90 Eý Ýehowa, nesilden⁠-⁠nesle penamyz* bolduň!+

 2 Daglar dünýä inmezinden öň,

Ýer, bereketli toprak dogulmazyndan öň+,

Sen ýeke⁠-⁠täk Hudaýsyň, ebedilik barsyň+.

 3 Sen başy ölümli ynsany topraga öwürýärsiň.

«Eý ynsan ogullary, topraga siňiň!» diýýärsiň+.

 4 Seniň üçin müň ýyl bir gün ýaly geçip gidýär+,

Gijäniň bir nobaty* kimin ötüp gidýär.

 5 Sen adamlary süpürip taşlaýarsyň+,

Olar düýş ýaly geçip gidýärler.

Säher bilen ot kimin ösýärler+.

 6 Ir bilen al⁠-⁠ýaşyl öwsüp, terje bolýarlar,

Agşamyna saralyp⁠-⁠solup gidýärler+.

 7 Bizi gazabyň bilen gorkuzdyň,

Gaharyň bilen ýok etdiň+.

 8 Sen eden günälerimizi bilýärsiň+,

Ýüzüň nury syrlarymyzy paş edýär+.

 9 Gazabyňdan ýaňa ömrümiz gysgalýar,

Ýyllarymyz bug* kimin geçip gidýär.

10 Ömrümiz 70 ýyldyr,

Jany sag adam, belki, 80 ýaşar+.

Günlerimiz jebir⁠-⁠jepa içinde geçer,

Ömrümiz tiz öter, uçup gider+.

11 Seniň güýçli gaharyňa kim akyl ýetirip biler?

Seniň gazabyň haýbatlydyr, gorkunçdyr*+.

12 Bize dogry ýaşamagy* öwret+,

Şonda paýhasly bolarys.

13 Dolan yzyňa, eý Ýehowa!+ Haçana çenli eglenjek?+

Bendeleriňe rehimiň insin+.

14 Säher çagy wepaly söýgiň* bilen gandyr+,

Şonda uzakly gün şatlanarys, joşup aýdym aýdarys+.

15 Başymyza inderen agyr günleriň+,

Azap çekdiren ýyllaryň öwezini şatlyk bilen dol+.

16 Bendeleriň ýagşylygyňy bilsinler,

Ogullary şöhratyňy görsünler+.

17 Ýehowa Hudaýymyz bereket ýagdyrsyn,

Işlerimize ak pata bersin.

Goý, işlerimiz rowaçlansyn!+

91 Allatagalanyň* gizlin ýerinde ýaşaýan adam+,

Gudratygüýçlüniň saýasynda pena tapar+.

 2 Men Ýehowa: «Sen meniň penam hem galam+,

Bil baglaýan Hudaýym»+ diýerin.

 3 Ol seni guş awçysynyň duzagyndan,

Gyrgynçylyk getirýän mergiden halas eder.

 4 Ol perleri bilen üstüňi örter,

Ganatlary saňa pena bolar+.

Onuň wepasy+ galkan+ we diwar bolar.

 5 Gijesine hiç bir howp⁠-⁠hatardan+,

Gündizine atylan okdan gorkmarsyň+.

 6 Tüm⁠-⁠garaňky gijede ýokanç mergiden,

Süýr günortan heläkçilikden gorkmarsyň.

 7 Gapdalyňda müňüsi,

Sagyňda on müňüsi ýykylar.

Emma saňa zyýan ýetmez+.

 8 Sen olara syn edersiň,

Erbetlere berlen temmini görersiň.

 9 Sebäbi sen: «Ýehowa meniň penam» diýdiň.

Allatagalany gaçybatalga* edindiň+.

10 Başyňa betbagtçylyk inmez+,

Çadyryň golaýyna gyrgynçylyk gelmez.

11 Ol perişdelerine+ buýruk berer,

Nirä gitseň⁠-⁠de, seni gorar+.

12 Aýaklaryň daşa degmez ýaly+,

Olar seni ellerinde göterer+.

13 Arslandan hem kepjebaşdan gorkmarsyň,

Ýolbarsy hem ýylany depelärsiň+.

14 Hudaý diýdi: «Ol meni ýürekden söýýär, ony halas ederin+,

Meniň adymy bilýär, ony goraryn+.

15 Ol meni çagyrar, menem jogap bererin+,

Agyr güne düşende ýanynda bolaryn+.

Halas ederin, abraýyny arşa galdyraryn.

16 Oňa uzak ömür bererin+,

Halas edişimi görer»+.

Sabat gününe bagyşlanan aýdym.

92 Ýehowa, saňa alkyş aýtmak nähili gowy!+

Eý Allatagala*, adyňa aýdym aýtmak nähili gowy!

 2 Säher bilen seniň söýgiň* hakda wagyz etmek+,

Gijesine wepadarlygyň hakda gürrüň bermek ýakymlydyr!

 3 On kirişli saz guraly, tanbur* we arfa bilen,

Şirin mukam çalyp, seni wasp etmek nähili gowy!+

 4 Eý Ýehowa, işleriň bilen meni begendirdiň,

Eden işleriňi görüp, joşup aýdym aýdýaryn.

 5 Eý Ýehowa, ajaýyp işleriň beýikdir+,

Düşünjäň örän çuňdur!+

 6 Akmak adam şulary öwrenip bilmez,

Akylsyz adam düşünip bilmez+:

 7 Erbetleriň haşal ot kimin gögermegi,

Günäkärleriň gülläp ösmegi,

Olaryň ebedilik ýok edilmegi üçindir+.

 8 Eý Ýehowa, sen hemmelerden beýik!

 9 Eý Ýehowa, seret!

Duşmanlaryň ýeňilýär, ýagylaryň ýok bolýar,

Günäkärler dumly⁠-⁠duşa dargaýar+.

10 Men bolsa ýabany öküz kimin güýçli bolaryn*.

Bedenime atyr ysly ýag çalaryn+.

11 Gözüm bilen duşmanlaryň ýeňlişini görerin+,

Gulagym bilen zalymlaryň ýykylanyny eşiderin.

12 Emma dogruçyl adam palma agajy kimin pajarlap öser,

Liwanyň kedr agajy kimin beýik bolar+.

13 Olar Ýehowanyň öýünde ekilendir,

Hudaýyň howlularynda gülläp ösýändir+.

14 Olar garrylyk çagynda hem miwe bererler+,

Gujur⁠-⁠gaýratly hem ruhubelent bolarlar+.

15 Olar Ýehowanyň dogruçyllygyny yglan ederler.

Alla Arkadagymdyr+, adalatsyzlyk edýän däldir.

93 Ýehowa Patyşa boldy!+

Ýehowa şöhrat donuny egnine atdy,

Güýji lybas kimin geýdi,

Kuwwaty guşak kimin biline dakdy.

Ýeriň düýbüni tutdy,

Ol indi asla sarsmaz.

 2 Seniň tagtyň gadym döwürlerden bäri dur+,

Sen hemişe⁠-⁠de bardyň+.

 3 Eý Ýehowa, derýalar joşup akdy,

Güwwüldäp, dolup daşdy.

Derýalar möwç urdy.

 4 Göklerde oturan Ýehowa+,

Güwwüldäp akýan suwlardan,

Tolkun atýan deňizden has güýçlüdir+.

 5 Seniň öwüt⁠-⁠ündewiň* ynama mynasypdyr+.

Eý Ýehowa, öýüňi hemişe mukaddeslik bezär+.

94 Eý Ýehowa, sen ar alýan Hudaý!+

Ar alýan Hudaýym, güýjüňi görkez!

 2 Ýer ýüzüniň Kazysy, aýaga gal!+

Gopbamsylaryň almytyny ber+.

 3 Erbetler haçana çenli döwran sürer?

Eý Ýehowa, haçana çenli?+

 4 Olar agzyny dolduryp, boş gepleýär.

Günäkärler hondanbärsi bolýar.

 5 Halkyňy ezýärler+,

Eý Ýehowa, mirasyňy harlaýarlar.

 6 Olar dul aýallary, gelmişekleri öldürýärler,

Ýetim çagalaryň ganyna galýarlar.

 7 Olar: «Ýah görmeýär+.

Ýakubyň Hudaýy ünsem bermeýär» diýýärler+.

 8 Eý akmaklar, düşüniň!

Eý akylsyzlar, haçan akylyňyza aýlanarsyňyz?+

 9 Gulagy ýaradan eşitmezmi?

Göze şekil beren görmezmi?+

10 Milletlere terbiýe berýän käýemezmi?+

Ol halklara bilim berýän Hudaýdyr+.

11 Ýehowa ynsanlaryň pikirini bilýär,

Olaryň oý⁠-⁠pikiriniň bary biderekdir+.

12 Eý Ýah, seniň terbiýeleýän ynsanyň nähili bagtly!+

Sen oňa kanunlaryňy öwredýärsiň+.

13 Erbetler çukura* düşýänçä,

Bendäňe dertli gününde rahatlyk berýärsiň+.

14 Sebäbi Ýehowa halkyny taşlamaýar+,

Mirasyndan ýüz öwürmeýär+.

15 Indi adalatly höküm çykarylar,

Päk ýürekli ynsanlar ony berjaý ederler.

16 Kim meniň üçin erbetler bilen söweşer?

Kim meniň üçin günäkärleriň garşysyna çykar?

17 Ýehowa kömek etmedik bolsady,

Men bireýýäm ýagty jahandan öterdim*+.

18 «Aýagym taýdy» diýen wagtym,

Eý Ýehowa, wepaly söýgiň* bilen goldadyň+.

19 Meni gaýgy⁠-⁠alada basanda,

Sen göwünlik berdiň, janym aram tapdy+.

20 Kanunyň adyndan adalatsyzlyk edýän+,

Zalym kazylar bilen ylalaşyk baglaşarmyň?

21 Olar dogruçyllara topulýarlar+,

Bigünä ynsana ölüm jezasyny berýärler+.

22 Ýehowa meniň galam bolar,

Hudaýym meniň arkadagymdyr+.

23 Zalymlaryň erbetligi öz başyna iner+,

Zalym işleri olary ýok eder.

Ýehowa Hudaýymyz olary gyrar*+.

95 Geliň, şatlanalyň, Ýehowa alkyş aýdalyň!

Halasgär Arkadagy ýeňiş aýdymy bilen wasp edeliň+.

 2 Oňa alkyş aýdyp, huzuryna baralyň+,

Geliň, ýeňiş aýdymyny aýdalyň.

 3 Sebäbi Ýehowa beýik Hudaýdyr.

Ähli taňrylardan beýik Patyşadyr+.

 4 Zeminiň düýbi, daglaryň depesi onuň elindedir+.

 5 Deňzi ýaradan oldur, deňziň eýesi oldur+,

Toprak hem elleriniň işidir+.

 6 Geliň, baş egip, sežde edeliň!

Ýaradanyň, Ýehowanyň huzurynda dyza çökeliň+.

 7 Sebäbi ol Hudaýymyzdyr,

Biz bolsa onuň halky,

Bizi goýunlary kimin bakýar+.

Şu gün onuň sesine gulak asyň+:

 8 «Çöldäki Meribada* we Messada* bolşy ýaly,

Ýüregiňizi gatatmaň+.

 9 Ol ýerde ata⁠-⁠babalaryňyz meni synadylar+,

Eden işlerimi görseler⁠-⁠de+, maňa garşy çykdylar.

10 Men ol nesli 40 ýyllap ýigrenip:

„Olar hemişe öz bilenini edýär,

Ýollarymdan ýöremek islemeýär“ diýdim.

11 Men gaharlanyp ant içipdim:

„Olar meniň bilen dynç almaz“»+.

96 Ýehowanyň şanyna täze aýdym aýdyň+.

Bütin ýer ýüzi, Ýehowa aýdym aýdyň!+

 2 Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyň, adyny wasp ediň.

Her gün halas edişi hakda wagyz ediň+.

 3 Milletlere şan⁠-⁠şöhratyny ýetiriň,

Halklara täsin işlerini buşlaň+.

 4 Ýehowa beýikdir, öwgä mynasypdyr.

Başga taňrylardan has haýbatlydyr.

 5 Milletleriň taňrylary dereksiz butlardyr+,

Ýehowa gökleri ýaradan Hudaýdyr+.

 6 Daşyny gurşaýar hormat, şan⁠-⁠şöhrat+,

Mekanynda bar gözellik, güýç⁠-⁠kuwwat+.

 7 Eý tire⁠-⁠taýpalar, Ýehowa alkyş aýdyň!

Güýçli hem şan⁠-⁠şöhratly Ýehowa alkyş aýdyň!+

 8 Ýehowanyň adyny arşa galdyryň!+

Onuň howlusyna sowgatly giriň.

 9 Mukaddes lybas geýiň*, Ýehowa tagzym* ediň,

Öňünde bütin ýer ýüzi titresin.

10 Milletlere jar çekiň: «Ýehowa Patyşa boldy!+

Ýeriň düýbüni tutdy, ol indi asla sarsmaz.

Alla halklary adalatly höküm eder»+.

11 Goý, asman begensin, zemin şatlansyn,

Deňiz we içindäkiler el çarpsyn+.

12 Çöl⁠-⁠beýewan we ondaky ähli zatlar guwansyn+,

Tokaýyň agaçlary şatlykdan ýaňa gygyrsyn+.

13 Olaryň ählisi Ýehowanyň öňünde şatlansyn.

Sebäbi ol ýer ýüzüni höküm etmäge gelýär.

Ol dogruçyllyk we wepadarlyk bilen,

Ýer ýüzüniň halklaryny höküm eder+.

97 Ýehowa Patyşa boldy!+

Goý, ýer ýüzi şatlansyn+,

Ähli adalar begensin!+

 2 Hudaýy gara bulutlar we tüm⁠-⁠garaňkylyk gurşaýar+,

Tagty adalatyň we dogruçyllygyň üstünde dikilendir+.

 3 Hudaýyň öňünden alawly ot barýar+,

Ähli duşmanlaryny ýakyp ýok edýär+.

 4 Ýyldyrym çakýar, älem⁠-⁠jahan ýagtylýar,

Şonda ýer ýüzi sandyraýar+.

 5 Ýer ýüzüniň Hökümdary Ýehowanyň öňünde,

Daglar mum* kimin ereýär+.

 6 Asman adalatyny jar edýär,

Ähli ynsanlar şöhratyny görýär+.

 7 Goý, oýma buta tagzym* edýänler utanja galsyn!

Dereksiz taňrylaryna buýsanýanlar masgara bolsun!+

Eý taňrylar, Allanyň öňünde baş egiň!+

 8 Eý Ýehowa, adalatly hökümleriňi eşidende,

Sion begenýär+, Ýahuda galalary şatlanýar+.

 9 Eý Ýehowa, sen ýer ýüzünde iň Beýik Hudaý,

Başga taňrylardan has şöhratly+.

10 Eý Ýehowany söýýänler, erbetligi ýigreniň!+

Ol wepaly bendeleriniň janyny gutarýar+.

Olary erbetleriň elinden halas edýär+.

11 Dogruçyl ynsana yşyk nur saçdy+,

Päk ýürekli adama şatlyk gujak açdy.

12 Dogruçyl adamlar, Ýehowanyň işlerine şatlanyň,

Mukaddes adyna alkyş aýdyň!

Aýdym.

98 Ýehowa üçin täze aýdym aýdyň+,

Ol täsin işleri edýär+.

Sag eli, mukaddes goly bilen halas edýär+.

 2 Ýehowa halasgärdigini+,

Adalatly Hudaýdygyny milletlere yglan edýär+.

 3 Ol ysraýyl halkyny söýendigini*, wepalydygyny ýatlady+.

Bütin ýer ýüzi Hudaýymyzyň halas edişini gördi+.

 4 Eý ýer ýüzi, Ýehowa ýeňiş aýdymyny aýdyň,

Şatlanyň, begeniň, joşup alkyş aýdyň+.

 5 Ýehowany arfa bilen wasp ediň,

Arfanyň şirin owazy bilen aýdym aýdyň!

 6 Surnaý we bory* çalyp+,

Ýehowa Patyşanyň öňünde ýeňiş aýdymyny aýdyň.

 7 Goý, deňiz we içindäkiler,

Ýer we janly⁠-⁠jandarlar joşup aýdym aýtsyn.

 8 Goý, derýalar çapak çalsyn,

Daglar begenjinden ýaňa gygyrsyn+.

 9 Goý, olar Ýehowanyň öňünde şatlansyn.

Sebäbi ol ýer ýüzüne höküm çykarmaga geler,

Bütin ýer ýüzüni dogruçyllyk+,

Halklary adalatlylyk bilen höküm eder+.

99 Ýehowa Patyşa boldy+.

Goý, halklar titresin!

Ol tagtyny keruplaryň ýokarsynda*+ dikdi.

Goý, ýer ýüzi lerzana gelsin!

 2 Beýik Ýehowa Sionda.

Ol halklaryň üstünden höküm sürýär+.

 3 Goý, beýik adyňy taryp etsinler!+

Sebäbi adyň haýbatly hem mukaddesdir.

 4 Sen adalaty söýýän+ gudratly Patyşa.

Sen adalaty dikeltdiň,

Ýakuba adalaty we dogruçyllygy berdiň+.

 5 Ýehowa Hudaýymyzy beýgeldiň+,

Basgançagynyň öňünde tagzym* ediň+.

Sebäbi ol mukaddesdir+.

 6 Musa bilen Harun hem ruhanysydy+,

Şamuwel hem adyny çagyrypdy+.

Olar Ýehowa dileg ederdiler,

Ol hem jogap bererdi+.

 7 Gullary bilen bulut sütüniniň içinden gepleşerdi+.

Olar hem öwüt⁠-⁠ündewini* diňlärdiler,

Kada⁠-⁠kanunlaryny berjaý ederdiler+.

 8 Ýehowa Hudaýymyz, olara jogap bererdiň+.

Günälerini bagyşlardyň+,

Emma temmisiz hem goýmazdyň+.

 9 Ýehowa Hudaýymyzy beýgeldiň+,

Mukaddes dagynyň öňünde sežde ediň+.

Sebäbi Ýehowa Hudaý mukaddesdir+.

Minnetdarlyk aýdymy.

100 Ýer ýüzi, Ýehowany ýeňiş aýdymy bilen wasp ediň!+

 2 Ýehowa begenip gulluk ediň+,

Şatlykdan ýaňa gygyryp, huzuryna baryň.

 3 Ýehowanyň hak Hudaýdygyny bilip goýuň+.

Bizi ol ýaratdy, biz onuňky*+.

Biz onuň halky, örüsiniň goýunlary+.

 4 Minnetdarlyk bilen derwezelerinden giriň+,

Alkyş aýdyp, howlularyna baryň+.

Alla şükür ediň, adyny wasp ediň+.

 5 Ýehowa ýagşydyr+,

Wepaly söýgüsi* ebedidir.

Wepadarlygy nesilden⁠-⁠nesle dowam edýändir+.

Dawudyň aýdymy.

101 Eý Ýehowa, seniň şanyňa aýdym aýdaryn.

Wepaly söýgiňi* we adalatyňy wasp ederin.

 2 Men paýhasly karara gelerin, wepaly* bolaryn.

Maňa kömek et,

Öýümde⁠-⁠de wepaly bolaýyn+.

 3 Men erbet zada seretmerin.

Dogry ýoldan sowlanyň işlerini ýigrenýärin+,

Şeýle adamlaryň golaýyna⁠-⁠da barmaryn.

 4 Garaýürekli adam bilen gatnaşmaryn.

Erbet işe baş goşmaryn.

 5 Goňşusyna gizlin töhmet atýany dymdyraryn+.

Ulumsylara we tekepbirlere çydap bilmerin.

 6 Wepaly adamlara ýagşylyk ederin,

Olar meniň öýümde bolar.

Wepaly* adam maňa hyzmat eder.

 7 Hilegär adam öýümde ýaşamaz,

Ýalançylaryň hiç biri huzurymda durmaz.

 8 Her säher ýer ýüzünden erbetleri ýok ederin.

Ýehowanyň şäherinden günäkärleri gyryp taşlaryn+.

Alaçsyz galyp, ruhdan düşen adamyň Ýehowa eden dogasy+.

102 Eý Ýehowa, dogamy eşit+,

Perýadyma gulak as!+

 2 Agyr günümde menden ýüzüňi sowma+,

Aşak egil⁠-⁠de, sözümi diňle.

Seni çagyrýaryn, tizräk jogap ber+.

 3 Ömrüm tüsse kimin gaýyp bolýar,

Süňklerim köz kimin ýanyp barýar+.

 4 Işdäm kesildi,

Ýüregim saralyp⁠-⁠solan ota döndi+.

 5 Ah çekip aglamakdan ýaňa+,

Çöpe döndüm+.

 6 Çölde galan gotan ýaly boldum,

Harabalykda ýaşaýan baýguşa meňzedim.

 7 Gözüme uky gelenok*,

Üçekde ýeke oturan guş ýaly boldum+.

 8 Uzakly gün duşmanlarym üstümden gülýär+,

Ýaňsylaýjylar adymy tutup gargaýar.

 9 Çörege derek kül iýýärin+,

Içýän suwuma gözýaşlarym damýar+.

10 Sen gahar⁠-⁠gazaba mündüň,

Meni ýokary galdyryp, ýere zyňdyň.

11 Ömrüm kölege kimin ýitip barýar+.

Janym ot kimin gurap barýar+.

12 Eý Ýehowa, sen ebedilik Hudaý+,

Şan⁠-⁠şöhratyň nesilden⁠-⁠nesle dowam eder+.

13 Sen aýaga galyp, Siona rehim edersiň+.

Sebäbi ýagşylyk etmeli wagtyň geldi+,

Bellän möhletiň doldy+.

14 Gullaryň şäheriň diwaryny eý görýär+,

Topragyny küýseýär+.

15 Milletler Ýehowanyň adyndan gorkarlar,

Patyşalar şan⁠-⁠şöhratyny görerler+.

16 Ýehowa Siony dikelder+,

Şan⁠-⁠şöhraty bilen geler+.

17 Garybyň dilegini diňlär+,

Pukaranyň dogasyny eşider*+.

18 Muny geljekki nesil üçin ýazdym+.

Goý, dünýä injekler hem Ýaha alkyş aýtsynlar!

19 Ýehowa mukaddes mekanyndan seredýär+,

Gökden ýer ýüzüni synlaýar.

20 Tussaglaryň ahy⁠-⁠zaryny eşidýär+,

Ölüme höküm edilenleri azat edýär+.

21 Ýehowanyň ady Sionda wasp edilsin+,

Şan⁠-⁠şöhraty Iýerusalimde yglan edilsin.

22 Goý, halklar we patyşalyklar,

Ýehowa agzybir gulluk etsinler+.

23 Ol orta ýaşda güýjümi aldy,

Ömrümi gysgaltdy.

24 Men diýdim: «Ýa Allam,

Sen nesilden⁠-⁠nesle barsyň!+

Orta ýaşda ömür tanapymy kesme.

25 Gadymy döwürde ýeriň düýbüni tutduň,

Gök asmany eliň bilen ýazdyň+.

26 Olar ýok bolup giderler, emma sen hemişelik bolarsyň;

Olar don ýaly könelip ýyrtylar.

Sen olary egin⁠-⁠eşik ýaly çalşyrarsyň, ählisini ýok edersiň.

27 Emma sen hiç haçan üýtgemersiň,

Ýyllaryň asla tükenmez+.

28 Gullaryň nesli asuda ýaşar,

Nebereleri ebedilik huzuryňda durar»+.

Dawudyň aýdymy.

103 Men Ýehowa alkyş aýdaryn!

Janym⁠-⁠tenim bilen mukaddes adyny wasp ederin.

 2 Men Ýehowa alkyş aýdaryn!

Eden işlerini hiç haçan unutmaryn+.

 3 Ol ähli günäleriňi bagyşlaýar+,

Dertleriňe derman berýär+.

 4 Ol janyňy mazardan halas edýär+,

Ýagşylyk* hem rehim edýär+.

 5 Ol saňa ömürboýy bereket berer+,

Bürgüt kimin güýçli* bolarsyň+.

 6 Ýehowa ezilen adamlara+ adalatly bolar+,

Olaryň haklaryny alyp berer.

 7 Ol ýollaryny Musa öwretdi+,

Işlerini Ysraýyl ogullaryna aýtdy+.

 8 Ýehowa rehimdar, mähirli*+,

Giň göwünli*, wepaly söýgä baý+.

 9 Ol günäleriňi ýatladyp durmaz*+,

Gahar⁠-⁠gazaby hemişe tutaşyp durmaz+.

10 Günälerimize görä jeza bermez+,

Ýalňyşymyza görä temmi bermez+.

11 Gögüň ýerden uzak bolşy ýaly,

Allanyň hudaýhonlara* wepaly söýgüsi şonça⁠-⁠da beýikdir+.

12 Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly,

Günälerimizi şonça⁠-⁠da daşlaşdyrýar+.

13 Atanyň ogullaryna rehimi inişi ýaly,

Ýehowa⁠-⁠da hudaýhonlara rehimdarlyk edýär+.

14 Sebäbi ol nähili ýaradylandygymyzy bilýär+,

Toprakdandygymyz ýadynda+.

15 Başy ölümli ynsanyň ömri gök ot ýalydyr+,

Ol sähra gülleri kimin gülleýär+.

16 Emma şemal öwsende guraýar,

Hiç wagt bitmedik ýaly bolýar.

17 Ýehowa hudaýhonlara,

Ebedilik ýagşylyk edýär*+.

Olaryň nesillerine adalatly bolýar+.

18 Ol ähtine wepaly bolýanlara+,

Buýruklaryny ýürekden berjaý edýänlere adalatlydyr.

19 Ýehowa tagtyny gökde dikdi+,

Ol älem⁠-⁠jahanyň Hökümdary+.

20 Eý güýçli perişdeler+, Ýehowa alkyş aýdyň!

Siz Hudaýa gulak asyp, sözüni berjaý edýärsiňiz+.

21 Eý Hudaýyň goşuny+, Ýehowa alkyş aýdyň!

Siz onuň emrini ýerine ýetirýän hyzmatkärsiňiz+.

22 Eý janym, Ýehowa alkyş aýt!

Allanyň höküm sürýän ýerlerinde,

Ýehowanyň ýaradanlary alkyş aýtsyn!

104 Eý janym, Ýehowa alkyş aýt!+

Ýehowa Hudaýym, sen örän beýik!+

Hormata we şan⁠-⁠şöhrata eýesiň+.

 2 Ýagtylygy lybas kimin geýdiň+.

Asmany perde kimin ýaýdyň+.

 3 Hudaýyň ýokarky otaglary bulutlaryň üstünde+.

Ol bulutlary araba edip münýär+,

Ýeliň ganatlarynda aýlanýar+.

 4 Perişdelerini ýel ýaly güýçli edýär,

Hyzmatkärlerini lowlap ýanýan ot ýaly edýär+.

 5 Ol ýeriň düýbüni tutdy+,

Ýer hiç haçan sarsmaz+.

 6 Deňzi don kimin zeminiň egnine atdyň+,

Suwlar bilen daglaryň üstüni örtdüň.

 7 Sen käýäniňde, suwlar yza çekildi+,

Haýbatly sesiňden gorkup gaçdy.

 8 Daglar ýokary galdy+, jülgeler aşak çökdi,

Suwlar buýran ýeriňe akdy.

 9 Suwlar dolup⁠-⁠daşmaz ýaly,

Ýer ýüzüni örtmez ýaly çäk goýduň+.

10 Ol jülgelerden suw akdyrýar,

Daglaryň arasyndan çeşme akdyrýar.

11 Haýwanlary suwa ýakýar,

Gulanlary suwdan gandyrýar.

12 Ol ýerde guşlar höwürtge ýasaýar,

Gür ýaprakly şahalarda saýraýar.

13 Hudaý ýokarky otaglaryndan daglary suwarýar+,

Elleri bilen ýer ýüzüne bol bereket berýär+.

14 Mal⁠-⁠gara üçin ot çykarýar,

Adamlara gök önüm berýär+,

Ýerden hasyl öndürýär.

15 Göwnüňi göterýän şeraby+,

Ýüzüňi nurlandyrýan ýagy,

Güýjüňe güýç goşýan* çöregi berýär+.

16 Ýehowa agaçlaryny suwdan gandyrýar,

Eli bilen eken Liwanyň kedr agaçlaryny suwarýar.

17 Olarda guşlar höwürtge ýasaýar,

Leglek+ arçalarda öý gurýar.

18 Beýik daglar dag geçiniň mekany+,

Gaýalar torsugyň penasy+.

19 Hudaý pasyllary* bellemek üçin Aýy ýaratdy,

Gün hem ýaşmaly wagtyny bilýär+.

20 Garaňkylyk aralaşýar, gije düşýär+,

Jeňňeliň ähli haýwanlary oýanýar.

21 Awa çykan arslanlar arlaýar+,

Alladan iýere zat dileýär+.

22 Gün al⁠-⁠asmana galýar,

Haýwanlar hinine girýär.

23 Ynsan işe başlaýar,

Gün ýaşýança zähmet çekýär.

24 Eý Ýehowa, seniň işleriň köpdür!+

Ähli zady akyldarlyk bilen ýaratdyň+,

Ýer ýüzi elleriň işlerinden doludyr.

25 Deňze seret, ol şeýle uly hem çuň,

Içinde birgiden ululy⁠-⁠kiçili jandarlar bar+.

26 Onda gämiler ýüzýär,

Seniň ýaradan läheňiň*+ oýnaýar.

27 Wagtly⁠-⁠wagtynda iýmit berersiň+ diýip,

Olaryň bary saňa garaşýar.

28 Bereniňi iýýärler+,

Eliňi açýarsyň, näz⁠-⁠nygmatdan doýýarlar+.

29 Ýüzüňi sowsaň, howsala düşýärler,

Janyny* alsaň, gara topraga siňýärler+.

30 Güýjüň* bilen janly⁠-⁠jandarlary ýaratdyň+,

Ýer ýüzüni täzeleýärsiň.

31 Ýehowanyň şan⁠-⁠şöhraty ebedilik dowam eder,

Ýehowa elleriniň işlerinden lezzet alar+.

32 Ol seredende, ýer sandyraýar,

Daglara elini degrende, asmana tüsse galýar+.

33 Ýehowa tutuş ömrüme aýdym aýdaryn+,

Soňky demime çenli Allany wasp ederin+.

34 Goý, oý⁠-⁠pikirim Hudaýyň göwnünden tursun!*

Men Ýehowanyň işlerine şatlanaryn.

35 Günäkärler ýer ýüzünden sogrular,

Erbetler ýok bolup gider+.

Eý janym, Ýehowa alkyş aýt! Ýaha alkyş aýt!*

105 Ýehowa alkyş aýdyň+, adyny çagyryň!

Gudratly işlerini milletlere jar ediň!+

 2 Şanyna aýdym aýdyň, wasp ediň,

Täsin işleri hakda çuňňur oýlanyň*+.

 3 Hudaýyň mukaddes adyna buýsanyň+.

Ýehowany gözleýänleriň ýüregi joşsun!+

 4 Ýehowany agtaryp+, güýç soraň,

Hemişe didaryny küýsäň.

 5 Gudratyny, ajaýyp işlerini unutmaň,

Aýdan hökümlerini ýatdan çykarmaň+.

 6 Siz Hudaýyň guly Ybraýymyň nesli+,

Ýakubyň ogullary, Allanyň saýlany+.

 7 Ýehowa biziň Hudaýymyz+,

Ýer ýüzüne adalatly höküm çykarýar+.

 8 Ol ähtini hiç haçan unutmaýar+,

Müň nesil ötse⁠-⁠de, sözünde durýar+.

 9 Ybraýym bilen äht baglaşypdy+,

Yshaga ant içipdi+.

10 Ýakup üçin perman çykardy,

Ysraýyl üçin ebedilik äht etdi.

11 Hudaý: «Kengan ýurduny saňa bererin+,

Mülk edip paýlaryn» diýdi+.

12 Halkyň sany azdy, örän azdy+,

Ýurtda gelmişek bolup ýaşaýardy+.

13 Bir halkdan beýleki halka,

Bir ýurtdan beýleki ýurda göçüp⁠-⁠gonup ýörerdi+.

14 Olara hiç kim azar bermedi+,

Hudaý patyşalara käýäp+:

15 «Saýlanlaryma degmäň,

Pygamberlerime ýamanlyk etmäň» diýdi+.

16 Ýurda açlyk inderdi+,

Halk çörege zar boldy*.

17 Halkynyň öňünden Ýusuby iberdi,

Ony gul edip satdylar+.

18 Aýagyna zynjyr bagladylar+,

Boýnuna demir halka saldylar.

19 Allanyň wadasy amala aşýança+,

Ýehowanyň sözi ony arassalady.

20 Patyşa ony boşatdy+,

Hökümdar azat etdi.

21 Ýusuby köşgüne hojaýyn etdi,

Ähli mal⁠-⁠mülküni eline berdi+.

22 Ýusuby han⁠-⁠begleriň üstünden goýdy,

Ol Müsüriň akyldarlaryna nesihat berdi+.

23 Ysraýyl Müsüre geldi+,

Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady.

24 Hudaý halkyny köpeltdi+,

Duşmanlaryndan has güýçli etdi+.

25 Ýagylarynyň ýüregi ýigrençden doldy,

Hudaýyň gullaryna garşy hile guruldy+.

26 Hudaý bendesi Musany+,

Saýlan guly Haruny iberdi+.

27 Olar müsürlilere alamatlar,

Ham ýurdunda gudratlar görkezdi+.

28 Alla ýurdy tümlük bilen örtdi+.

Gullary* Hudaýyň sözünden çykmady.

29 Derýalaryny gana öwürdi,

Balyklarynyň baryny gyrdy+.

30 Tutuş ýurt, patyşanyň otaglary gurbagadan doldy+.

31 Hudaýyň emri bilen siňek* çozdy,

Ähli ýere peşe* ýagdy+.

32 Ýagşa derek jöwenek* ýagdyrdy.

Ýyldyrym çakdyryp, tutuş ýurdy ýakdy+.

33 Bag⁠-⁠bakjalaryny,

Injir we üzüm agaçlaryny weýran etdi.

34 Onuň buýrugy bilen çekirtgeler çozdy,

Sansyz⁠-⁠sajaksyz ýalmap⁠-⁠ýuwudýan çekirtgeler geldi+.

35 Olar bag⁠-⁠bakjanyň baryny,

Topragyň hasylyny ýalmap ýuwutdy.

36 Soňra ol nowbahar çagalaryny gyryp taşlady+,

Bilinden önen ilkinji perzendini ýok etdi.

37 Halkyny altyn⁠-⁠kümüş bilen ýurtdan çykardy+,

Taýpalardan zyýan çeken bolmady.

38 Müsür olaryň gidenine begendi,

Sebäbi olardan gözi gorkupdy+.

39 Bulut galkan kimin gorady+,

Hudaý gijesine yşyk berdi+.

40 Et islediler, bedene inderdi+,

Gökden çörek ýagdyryp, halkyny doýurdy+.

41 Gaýany ýardy, suwlar çogup çykdy+,

Çöl içinde derýa kimin akdy+.

42 Onuň Ybraýyma beren wadasy ýadyndady+.

43 Hudaý halkyny azat etdi+,

Olar şatlandy, joşup aýdym aýtdy.

44 Olara halklaryň ýerini miras berdi+,

Başgalaryň der döküp alan hasylyny iýdirdi+.

45 Hudaýyň kanunyny we buýruklaryny,

Halk berjaý etmelidi+.

Ýaha alkyş aýdyň!*

106 Ýaha alkyş aýdyň!*

Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr+,

Wepaly söýgüsi* ebedidir+.

 2 Ýehowanyň ähli gudratly işlerini kim gürrüň berip biler?

Öwgä mynasyp işlerini kim jar edip biler?+

 3 Hemişe dogry işleri edýän,

Adalatly adamlar bagtlydyr+.

 4 Eý Ýehowa, halkyňa bereket bereniňde, meni⁠-⁠de ýatla+.

Meni gora, halas et.

 5 Saýlanlaryňa eden ýagşylygyňy görüp, menem begeneýin+,

Halkyňa goşulyp şatlanaýyn,

Mirasyň bilen seni taryplaýyn.

 6 Ata⁠-⁠babalarymyz ýaly, bizem günä etdik+,

Ýazykly bolduk, erbet işe baş goşduk+.

 7 Atalarymyz Müsürde eden ajaýyp işleriňe düşünmedi*,

Wepaly söýgä baýdygyňy unutdylar.

Gyzyl deňziň kenarynda gozgalaň turuzdylar+.

 8 Emma Hudaý adynyň hatyrasyna olary halas etdi+,

Gudratly güýjüni görkezdi+.

 9 Ol käýände, Gyzyl deňiz gurady,

Çölden ýörän ýaly, olary deňziň düýbünden geçirdi+.

10 Olary duşman elinden halas etdi+,

Ýagylarynyň penjesinden azat etdi+.

11 Duşmanlaryny gark etdi,

Hiç biri halas bolmady+.

12 Şonda Hudaýyň wadasyna iman etdiler+,

Onuň şanyna aýdym aýtdylar+.

13 Emma Allanyň işlerini tiz unutdylar+,

Görkezmesine garaşmadylar.

14 Çölde nebsine çapdylar+,

Düzde Allany synadylar+.

15 Hudaý olara soran zatlaryny berdi,

Soňra keselçilik bilen gyrdy+.

16 Olar düşelgede Musa,

Ýehowanyň mukaddes guly+ Haruna göriplik etdiler+.

17 Şonda ýer ýarylyp, Datany ýuwutdy,

Abyramy ýaranlary bilen alyp gitdi+.

18 Jemagatyň ortasyna lowlap duran ot düşdi,

Oduň ýalny erbetleri ýalmap ýuwutdy+.

19 Horepde göle ýasadylar,

Guýma buta sežde etdiler+.

20 Olar meniň şöhratymy,

Ot iýýän göläniň şekili bilen çalyşdylar+.

21 Müsürde beýik işleri eden+,

Halasgär Hudaýy unutdylar+.

22 Ham ýurdunda ajaýyp işleri eden+,

Gyzyl deňizde gudrat görkezen Allany+ unutdylar.

23 Hudaý olary ýok etmekçi bolanda,

Saýlan bendesi Musa töwella etdi,

Lowlap duran gaharyny köşeşdirdi+.

24 Gözel ýurda olaryň göwni ýetmedi+,

Hudaýyň wadasyna iman etmediler+.

25 Ýehowanyň sözüni diňlemediler+,

Çadyrynda hüňürdeşip ýördüler+.

26 Şonda olary çölde ýok etmek üçin,

Alla elini galdyryp ant içdi+.

27 Perzentlerini halklaryň eli bilen gyrmak,

Olary ýat ýurtlara dargatmak kararyna geldi+.

28 Olar Pegor Bagalyna sežde edip başladylar*+,

Ölülere* berlen gurbanlyklary iýdiler.

29 Olar işleri bilen Hudaýyň gaharyny getirdiler+,

Şonda halkyň başyna gyrgynçylyk indi+.

30 Pinehas aýgytly hereket etdi,

Gyrgynçylyk togtady+.

31 Şol sebäpli nesilden⁠-⁠nesle

Dogruçyl adam hasaplandy+.

32 Olar Meribada* Allanyň gaharyny getirdiler,

Olar sebäpli Musa temmi berildi+.

33 Halk Musanyň gaharyny getirdi,

Ol hem oýlanman gepledi+.

34 Ýehowa olara halklary ýok etmegi tabşyrdy+,

Emma olar Alla gulak asmady+.

35 Milletleriň arasyna garyşyp gitdiler+,

Olaryň däp⁠-⁠dessurlaryny berjaý etdiler*+.

36 Olaryň butlaryna sežde etdiler+,

Eden işleri olara duzak boldy+.

37 Ogul⁠-⁠gyzlaryny

Jynlara gurbanlyk berdiler+.

38 Kengan butlaryna gurbanlyk bermek üçin,

Ogul⁠-⁠gyzlarynyň ganyny+,

Bigünä adamlaryň ganyny dökdüler+.

Ýurdy gan bilen haramladylar.

39 Eden etmişleri bilen haram boldular,

Hudaýa dönüklik etdiler+.

40 Ýehowa halkyna gaharlandy,

Ol mirasyny ýigrendi.

41 Olary ençeme gezek halklaryň eline berdi+,

Duşmanlary üstünden höküm sürdi+.

42 Ganym duşmanlary olara azar berdi,

Üstünden agalyk etdi.

43 Alla olary telim gezek halas etdi+,

Emma olar gulak asman, gozgalaň turuzdy+,

Günäleri sebäpli masgara boldy+.

44 Hudaý olaryň jebir⁠-⁠jepasyny gördi+,

Kömek sorap, eden perýadyny eşitdi+.

45 Halky bilen eden ähtini ýatlady,

Olara haýpy geldi*, sebäbi wepaly söýgüsi çäksizdi+.

46 Olary ýesir alanlaryň ýüregini ýumşatdy+.

47 Ýehowa Hudaýymyz, bizi halas et+,

Halklaryň arasyndan ýygna+.

Şonda mukaddes adyňa alkyş aýdarys,

Şatlyk bilen seni şöhratlandyrarys+.

48 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat!

Oňa ebedilik alkyş aýdylsyn!+

Bütin halk: «Omyn!*» diýsin.

Ýaha alkyş aýdyň!*

5⁠-⁠NJI BÖLÜM

(107—150⁠-⁠nji aýdymlar)

107 Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr+,

Wepaly söýgüsi* ebedidir+.

 2 Ýehowanyň halas edenleri*,

Duşman elinden gutaranlary alkyş aýtsynlar+.

 3 Gündogardan, günbatardan,

Demirgazykdan we günortadan+,

Ýat ýurtlardan bir ýere jem bolan halk+ Alla şükür etsin.

 4 Olar çölde, düzde sergezdan boldular,

Ýaşar ýaly şäher tapmadylar.

 5 Olar açdylar, teşnediler,

Ysgyn⁠-⁠mydary gaçyp, huşuny ýitirdiler.

 6 Agyr günde Ýehowa perýat etdiler+,

Alla olary jebir⁠-⁠jepadan gutardy+.

 7 Ýaşajak şäherine ýollady+,

Dogry ýoldan ýöretdi+.

 8 Wepaly söýgä baý Ýehowa alkyş aýdyň!+

Ynsan ogullary üçin täsin işleri edýän Hudaýy wasp ediň!+

 9 Ol suwsanlary gandyrdy,

Açlary doýurdy+.

10 Olaryň käbiri tümlükde ýaşaýardy,

Gandala baglanyp, ejir çekýärdi.

11 Sebäbi Hudaýyň sözüne gulak asmadylar,

Allatagalanyň* maslahatyny äsgermediler+.

12 Hudaý olary peseltdi, başyna betbagtçylyk inderdi+,

Olar büdräp ýykyldy, ýardam beren bolmady.

13 Agyr günde Ýehowa perýat etdiler,

Alla olary jebir⁠-⁠jepadan gutardy.

14 Olary tümlükden azat etdi,

Gandallaryny döwüp taşlady+.

15 Wepaly söýgä baý Ýehowa alkyş aýdyň!+

Ynsan ogullary üçin täsin işleri edýän Hudaýy wasp ediň!

16 Sebäbi ol demir gulplary,

Mis gapylary bölek⁠-⁠bölek etdi+.

17 Halk akmaklyk etdi+,

Günäleri sebäpli ejir çekdi+.

18 Olaryň işdäsi kesildi,

Ölüm derwezesine golaýlaşdylar.

19 Agyr günde Ýehowa perýat etdiler,

Alla olary jebir⁠-⁠jepadan gutardy.

20 Olary sözi bilen sagaltdy+,

Düşen duzaklaryndan halas etdi.

21 Wepaly söýgä baý Ýehowa alkyş aýdyň!

Ynsan ogullary üçin täsin işleri edýän Hudaýy wasp ediň!

22 Goý, olar minnetdarlyk gurbanlygyny bersin+,

Onuň işlerini şatlyk bilen yglan etsin.

23 Deňizlerde syýahat edýänler,

Ummanlarda söwda edýänler+,

24 Deňziň düýbündäki täsin zatlara,

Ýehowanyň ajaýyp işlerine syn etdiler+.

25 Onuň emri bilen tüweleýiň turşuny+,

Tolkunlaryň möwç urşuny gördüler.

26 Gämiler käte ýokary göterilýär,

Käte deňziň düýbüne inýär.

Başyna bela inende, deňizçiler ejizleýär.

27 Olar serhoş kimin iki ýana yranýar.

Eden tagallasy* biderek bolýar+.

28 Agyr günde Ýehowa perýat edýärler+,

Alla olary jebir⁠-⁠jepadan gutarýar.

29 Hudaý tolkunlary köşeşdirýär+,

Tüweleýi ýatyrýar.

30 Imi⁠-⁠salalyk bolanda, deňizçiler şatlanýar.

Hudaý olary arzuwlan kenaryna* çykarýar.

31 Wepaly söýgä baý Ýehowa alkyş aýdyň!

Ynsan ogullary üçin täsin işleri edýän Hudaýy wasp ediň!+

32 Goý, jemagatyň içinde Hudaýy şöhratlandyrsynlar+,

Ýaşulularyň öňünde alkyş aýtsynlar.

33 Ol derýany çöle öwürýär,

Akar suwlary guradýar+.

34 Alla ýurduň erbet halky sebäpli,

Mes topragy şor ýere dönderýär+.

35 Çöli gamyşly köle öwürýär,

Takyrlardan çeşme akdyrýar+.

36 Açlar özüne şäher gurar ýaly+,

Olary şol ýerde ýaşadýar+.

37 Tohum sepýärler, üzüm ekýärler+,

Ýer bol hasyl getirýär+.

38 Hudaý bereket berýär, halkynyň sanyny artdyrýar,

Mal⁠-⁠garasyny köpeldýär+.

39 Ezýetden, bela⁠-⁠beterden, gaýgy⁠-⁠gamdan,

Olaryň sany kemelýär, masgara bolýarlar.

40 Ol töreleri kemsidýär,

Olary çöl⁠-⁠beýewanda sergezdan edýär+.

41 Garyby bolsa agyr dertden gutarýar+,

Çagalaryny süri kimin köpeldýär.

42 Dogruçyllar muny görüp begenýär+,

Adalatsyzlar dymýar+.

43 Paýhasly adam şu zatlara üns bersin+,

Ýehowanyň wepaly söýgüsi hakda çuňňur oýlansyn+.

Dawudyň aýdymy.

108 Ýa Alla, men saňa wepaly!

Bütin janym bilen şanyňa aýdym aýdaryn+.

 2 Oýan, eý çeňim!* Oýan, eý arfam!+

Men daň şapagyny oýararyn.

 3 Eý Ýehowa, halklaryň arasynda seni wasp ederin,

Milletleriň arasynda seniň şanyňa aýdym aýdaryn.

 4 Sebäbi wepaly söýgiň* göge ýetýär+,

Wepadarlygyň arşa galýar.

 5 Eý Hudaý, şan⁠-⁠şöhratyň asmana,

Bütin dünýä ýaň salsyn!+

 6 Söwer ogullaryňy halas et.

Bizi sag eliň bilen gora, dogamyza jogap ber+.

 7 Mukaddes* Hudaý diýýär:

«Men begenip, Sukot düzlügini+ paý edip bererin,

Şekemi+ islän kişime miras bererin.

 8 Gilead+ meniňkidir, Manaşa hem meniňkidir.

Efraýym tuwulgamdyr+,

Ýahuda patyşalyk hasamdyr+.

 9 Mowap el ýuwýan legenimdir+.

Edomyň üstüne çaryklarymy zyňaryn+.

Piliştiň üstünden şanly ýeňiş gazanaryn»+.

10 Kim meni gala äkider?

Kim meni Edoma elter?+

11 Bizi ol ýere Hudaýymyz elter.

Ol bizden ýüz öwrenem bolsa,

Esgerlerimizi goldamasa⁠-⁠da, ol ýere elter+.

12 Betbagtçylyk güni kömek et+.

Sebäbi ynsan halas edip bilmez, garaşanyňa degmez+.

13 Hudaýymyz güýç⁠-⁠kuwwat berer+,

Duşmanlarymyzy depelär+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

109 Alkyşa mynasyp Hudaýym+, dymma!

 2 Erbet we hilegär adamlar gybatymy edýärler,

Men hakda ýalan sözleýärler+.

 3 Her tarapdan maňa zäherini pürkýärler,

Nähak ýere hüjüm edýärler+.

 4 Olara ýagşylyk etsem⁠-⁠de, maňa töhmet atdylar+,

Men bolsa Hudaýa yzyny üzmän doga edýärin.

 5 Ýagşylygyma ýamanlyk etdiler+,

Olar söýgime ýigrenç bilen jogap berdiler+.

 6 Goý, olaryň üstünden erbet adam höküm sürsün,

Sag tarapynda duşmany dursun.

 7 Kazyýetde işine seredilse, günäli bolup çyksyn,

Hatda eden dogasy⁠-⁠da agyr günä hasaplansyn+.

 8 Goý, uzak ömür sürmesin+,

Wezipesi* başga birine berilsin+.

 9 Ogul⁠-⁠gyzy ýetim bolsun,

Aýaly dul galsyn.

10 Ogullary gedaý düşsün,

Çörek diläp, kümede ýaşasyn.

11 Algydarlary ähli zadyny alsyn,

Baýlygyny ýat adamlar talasyn.

12 Hiç kim oňa ýagşylyk etmesin*,

Ýetim çagalaryna hiç kimiň rehimi inmesin.

13 Goý, tohum⁠-⁠tiji gyrylsyn+,

Goý, il⁠-⁠gün adyny unutsyn.

14 Ýehowa ata⁠-⁠babalarynyň günäsini ýatlasyn+,

Ejesiniň günäsini geçmesin.

15 Goý, Ýehowa erbediň günälerini unutmasyn.

Ýer ýüzünde onuň ady unudylsyn+.

16 Sebäbi ol ýagşylyk etmegiň deregine+,

Ezileni, garyby we ýüregi ýaraly ynsany,

Öldürmegiň küýüne düşdi+.

17 Gargamagy gowy görýärdi, gargyşy öz başyna indi,

Agzyndan alkyş çykmazdy, hiç kim oňa⁠-⁠da alkyş aýtmazdy.

18 Ol gargyşy don kimin geýdi.

Gargyş hem bedenine suw kimin,

Süňklerine ýag kimin siňdi.

19 Goý, ol gargyşlary don kimin geýsin+,

Guşak kimin biline berk guşasyn.

20 Maňa garşy çykana, gybatymy edene,

Ýehowanyň berjek almyty şudur+.

21 Älemiň Hökümdary Ýehowa,

Adyň hatyrasyna maňa kömek et+.

Meni halas et, sebäbi wepaly söýgiň ýagşydyr+.

22 Men bir garyp, biçäre+,

Ýüregim boldy para⁠-⁠para+.

23 Ömrüm kölege deý geçip barýar,

Çekirtge kimin silterlenip taşlandym.

24 Agyz beklemekden ýaňa dyzlarym sandyraýar,

Horlanyp, çöpe döndüm.

25 Üstümden gülüp, ýaňsylaýarlar+,

Meni görenler başyny ýaýkaýarlar+.

26 Ýehowa Hudaýym, dadyma ýetiş,

Meni wepaly söýgiň bilen halas et.

27 Ýehowa, goý, olar arkamda seniň durandygyňy,

Maňa ýardam berýändigiňi bilsinler.

28 Eý Hudaý, olaryň gargyşyny berekede öwür,

Maňa garşy çykanlary masgara et.

Seniň guluň ýürekden şatlansyn.

29 Duşmanlarym ýüzügara bolsun,

Biabraýçylygy don kimin geýsin+.

30 Bütin ýüregim bilen Ýehowany wasp ederin,

Halklaryň arasynda Hudaýyma aýdym aýdaryn+.

31 Sebäbi ol garybyň sagynda durar,

Ony ýazgarýanlardan halas eder.

Dawudyň aýdymy.

110 Ýehowa meniň Halypama:

«Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm,

Sagymda otur»+ diýdi.

 2 Ýehowa seniň patyşalyk* hasaňy Siondan uzadar.

Ol saňa: «Duşmanlaryň arasynda höküm sür»+ diýer.

 3 Goşun ýygnan günüň halkyň höwes bilen geler.

Mukaddes we haýbatly goç ýigitler* ýanyňda durar.

Olar säher bilen ýere düşen çyg deý bolar.

 4 Ýehowa ant içdi, sözünden dänmez*:

«Sen Mäliksadyk ýaly,

Ebedilik ruhany bolarsyň»+.

 5 Ýehowa seniň sagyňda durar+,

Gazap gününde patyşalary gyrar+.

 6 Ol halklara çykaran hökümini ýerine ýetirer+,

Ýurdy jesetlerden doldurar+.

Ýer ýüzüniň baştutanynyň başyny alar.

 7 Ol* ýoluň gyrasyndaky çeşme suwundan ganar,

Başy hemişe dik bolar.

111 Ýaha alkyş aýdyň!*+

א [Elip]

Bütin janym bilen Ýehowany wasp ederin+.

ב [Bet]

Ýygnakda, dogruçyllaryň öňünde taryplaryn.

ג [Gimel]

 2 Ýehowa uly işleri edýär+.

ד [Dal]

Işleriniň gadyryny bilýänler olar hakda oýlanýar+.

ה [He]

 3 Onuň işleri beýik hem täsin.

ו [Waw]

Adalaty* ebedidir+.

ז [Zaýn]

 4 Onuň gudratly işleri ýatdan çykmaz+.

ח [Het]

Ýehowa mähirli* we rehimdar+.

ט [Tet]

 5 Ol hudaýhonlaryň* çöregini ýetirýär+.

י [Ýod]

Ähtini hiç haçan unutmaýar+.

כ [Käp]

 6 Halkyna gudratyny görkezýär.

ל [Lam]

Milletleriň mirasyny olara berýär+.

מ [Mim]

 7 Işleri hakdyr, adalatlydyr+.

נ [Nun]

Tabşyryklary ynama mynasypdyr+.

ס [Sameh]

 8 Olar häzirem, gelejekde⁠-⁠de hakdyr.

ע [Aýn]

Hakykata we adalata ýugrulandyr+.

פ [Pe]

 9 Ol halkyny halas edýär+.

צ [Sad]

Onuň emri bilen ähti ebedi durýar.

ק [Kap]

Onuň ady mukaddes we haýbatlydyr+.

ר [Reş]

10 Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr+.

ש [Sin]

Tabşyryklaryny ýerine ýetirýän adam düşünje gazanýar+.

ת [Taw]

Şan⁠-⁠şöhraty ebedidir.

112 Ýaha alkyş aýdyň!*+

א [Elip]

Ýehowadan gorkýan+,

ב [Bet]

Tabşyryklaryny gowy görýän adam bagtlydyr+.

ג [Gimel]

 2 Dogruçylyň ogullary güýçli bolar,

ד [Dal]

Onuň nesline bereket ýagar+.

ה [He]

 3 Dogruçylyň mal⁠-⁠mülki köpdür,

ו [Waw]

Ol hemişe halal ýaşaýandyr.

ז [Zaýn]

 4 Ol dogruçyllar üçin tümlükdäki nur kimindir+,

ח [Het]

Mähirli*, rehimdar+ we dogruçyldyr.

ט [Tet]

 5 Gysganman karz berýär, işi rowaç bolýar+,

י [Ýod]

Ol hiç kimiň hakyny iýmeýär.

כ [Käp]

 6 Ol asla sarsmaz+,

ל [Lam]

Onuň ady hiç haçan unudylmaz+.

מ [Mim]

 7 Ol şum habardan gorkmaz+,

נ [Nun]

Kalby rahatdyr, Ýehowa bil baglaýandyr+.

ס [Sameh]

 8 Ol batyrdyr, mertdir+.

ע [Aýn]

Mydama duşmanyny ýeňýändir+.

פ [Pe]

 9 Ol jomartdyr, garyp⁠-⁠gasaryň hossarydyr+,

צ [Sad]

Hiç haçan dogry ýoldan sowulýan däldir+.

ק [Kap]

Güýç⁠-⁠kuwwaty*, at⁠-⁠abraýy arşa galýandyr.

ר [Reş]

10 Erbet adamlar muny görer, gahar⁠-⁠gazaba müner.

ש [Şin]

Dişlerini gyjarlar, ölüp giderler.

ת [Taw]

Erbetleriň arzuwlary puç bolar+.

113 Ýaha alkyş aýdyň!*

Ýehowanyň bendeleri, oňa alkyş aýdyň!

Ýehowanyň adyny wasp ediň!

 2 Häzirem, gelejekde⁠-⁠de,

Ýehowanyň adyna alkyş aýdyň!+

 3 Daň atandan Gün batýança,

Ýehowanyň adyny wasp ediň!+

 4 Ýehowa halklaryň üstünden höküm sürýär+,

Şöhraty göklerden hem beýikdir+.

 5 Tagtyny gökde diken,

Ýehowa Hudaýymyza taý geljek barmy?+

 6 Ol egilip, asmana we ýere nazar salýar+.

 7 Mätäji toprakdan,

Garyby kül üstünden* galdyrýar+.

 8 Ony töreler bilen,

Halkynyň töreleri bilen oturdýar.

 9 Önelgesiz aýala çaga berip, bagtly edýär,

Öýüni çaga⁠-⁠çugadan doldurýar+.

Ýaha alkyş aýdyň!*

114 Ysraýyl Müsürden çykanda+,

Ýakubyň nesli keseki* halkyň arasyndan çykanda,

 2 Ýahuda Hudaýyň mukaddes mekany,

Ysraýyl onuň patyşalygy boldy+.

 3 Deňiz muny görüp gaçdy+,

Iordan yza çekildi+.

 4 Daglar goç kimin,

Depeler guzy kimin bökjekledi+.

 5 Eý deňiz, sen näme üçin gaçdyň?+

Eý Iordan, näme üçin yza çekildiň?+

 6 Eý daglar, näme üçin goç kimin bökjeklediňiz?

Eý depeler, näme üçin guzy kimin bökjeklediňiz?

 7 Eý ýer ýüzi, Hökümdar Hudaýyň huzurynda,

Ýakubyň Hudaýynyň öňünde titräň+.

 8 Ol gaýany gamyşly köle öwürýär,

Kert gaýadan çeşme akdyrýar+.

115 Bizi däl, Ýehowa, bizi däl,

Öz adyňy şöhratlandyr+.

Sebäbi sen söýgä* baý hem wepalysyň+.

 2 Halklar:

«Olaryň Hudaýy nirede?» diýmesin+.

 3 Hudaýymyzyň tagty gökdedir,

Islegini mydama amala aşyrýandyr.

 4 Olaryň altyn⁠-⁠kümüş butlary,

Adam elleriniň işidir+.

 5 Olaryň agzy bar, ýöne geplemeýär+,

Gözleri bar, ýöne görmeýär.

 6 Olaryň gulagy bar, ýöne eşitmeýär,

Burny bar, ýöne ys almaýar.

 7 Olaryň eli bar, ýöne tutup bilmeýär,

Aýagy bar, ýöne ýöräp bilmeýär+,

Bogazyndan ses çykmaýar+.

 8 Butlary ýasanlar,

Butlara bil baglaýanlar+,

Olaryň özleri ýaly bolar+.

 9 Ysraýyl, Ýehowa bil bagla!+

Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz+.

10 Harunyň öýi+, Ýehowa bil bagla!

Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz.

11 Ýehowadan gorkýanlar, Ýehowa bil baglaň!+

Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz+.

12 Ýehowa bizi unutmaz, ak pata berer,

Ysraýylyň öýüni,

Harunyň öýüni ýalkar+.

13 Ýehowa hudaýhonlara*,

Olaryň uludan⁠-⁠kiçisine bereket berer.

14 Ýehowa sizi köpelder,

Birgiden ogul⁠-⁠gyzlaryňyz bolar+.

15 Goý, ýeri⁠-⁠gögi Ýaradan+,

Ýehowa sizi ýalkasyn!+

16 Asman Ýehowanyňkydyr+,

Ol ýer ýüzüni ynsan ogullaryna berendir+.

17 Ölen adamlar Ýaha alkyş aýdýan däldir+,

Ölüm ukusyna gidenler*+ wasp edýän däldir.

18 Biz häzirem, gelejekde⁠-⁠de,

Ýaha alkyş aýdarys!

Ýaha alkyş aýdyň!*

116 Men Ýehowany söýýärin,

Ol dogamy diňleýär*, perýadyma jogap berýär+.

 2 Ol aşak egilýär, meni diňleýär+.

Men soňky demime çenli Hudaýy çagyraryn.

 3 Meni ölüm tanaplary baglady,

Mazar maňa gujagyny açdy+.

Gaýgy⁠-⁠gussa egnimden basdy+.

 4 Ýehowanyň adyny çagyryp+:

«Eý Ýehowa, meni halas et!» diýdim.

 5 Ýehowa mähirli hem adalatly+,

Rehimdar Hudaýdyr+.

 6 Ýehowa sada* adamy goraýar+.

Başyma heläkçilik indi, meni halas etdi.

 7 Rahatlan, eý janym*, rahatlan!

Sebäbi Ýehowa maňa ýagşylyk etdi.

 8 Sen meni ölümden halas etdiň,

Gözýaşlarymy süpürdiň, aýagymy taýdyrmadyň+.

 9 Men ýagty jahanda Ýehowanyň huzurynda gezerin.

10 Men gam⁠-⁠gussa çeksem⁠-⁠de,

Iman bilen gepledim+.

11 Howsala düşüp:

«Ähli adamlar ýalançy»+ diýdim.

12 Ýehowanyň ýagşylyklaryny nädip gaýtaryp bilerin?

13 Gutulyş käsesinden içerin,

Ýehowanyň adyny çagyraryn.

14 Ýehowa beren wadalarymy

Halkyň öňünde berjaý ederin+.

15 Wepaly gullarynyň ölümi

Ýehowa agyr degýändir*+.

16 Ýehowa, saňa ýalbarýaryn!

Sebäbi men seniň guluň, bendäňdirin,

Seniň gyrnagyň ogludyryn.

Sen meni zynjyrlardan boşatdyň+.

17 Saňa minnetdarlyk gurbanlygyny bererin+,

Ýehowanyň adyny çagyraryn.

18 Ýehowa beren wadalarymy+

Halkyň öňünde berjaý ederin+,

19 Olary Ýehowanyň öýüniň howlularynda+,

Iýerusalimiň merkezinde berjaý ederin.

Ýaha alkyş aýdyň!*+

117 Halklar, Ýehowa alkyş aýdyň!+

Milletler, Hudaýy şöhratlandyryň!+

 2 Sebäbi wepaly söýgüsi* çäksizdir+.

Ýehowa hemişe wepalydyr!+

Ýaha alkyş aýdyň!*+

118 Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr+,

Wepaly söýgüsi* ebedidir.

 2 Ysraýyl diýsin:

«Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».

 3 Harunyň öýi diýsin:

«Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».

 4 Ýehowadan gorkýanlar diýsin:

«Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».

 5 Agyr günde Ýahy* çagyrdym,

Ýah jogap berip, giň sähra alyp çykdy+.

 6 Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn+.

Ynsan maňa näme edip biler?+

 7 Ýehowa meniň tarapymda, meniň howandarym*+,

Duşmanlaryň ýeňlişini gözüm bilen görerin+.

 8 Ynsana däl⁠-⁠de,

Ýehowa bil baglaýan adam bagtlydyr+.

 9 Hanlara däl⁠-⁠de,

Ýehowa bil baglaýan adam bagtlydyr+.

10 Milletler daşymy gabady,

Emma Ýehowanyň ady bilen,

Olary yzyna serpikdirdim+.

11 Olar çar tarapdan meni gabady, daşymy gurşady.

Emma Ýehowanyň ady bilen,

Olary yzyna serpikdirdim.

12 Olar ary kimin üstüme çozdy,

Ýandaga düşen ot kimin tiz söndi.

Emma Ýehowanyň ady bilen,

Olary yzyna serpikdirdim+.

13 Meni ýykjak bolup itdiler*,

Emma Ýehowa dadyma ýetişdi.

14 Ýah meniň penam hem güýjümdir,

Ol meniň halasgärimdir+.

15 Dogruçyllaryň çadyryndan,

Şatlyk hem ýeňiş sesi eşidilýär.

Ýehowanyň sag eli gudratly işleri edýär+.

 16 Ýehowanyň sag eli ýokary galýar,

Ýehowanyň sag eli gudratly işleri edýär+.

17 Men ölmerin, men ýaşaryn,

Ýahyň işlerini gürrüň bermek üçin ýaşaryn+.

18 Ýah maňa berk temmi berdi+,

Ýöne ölüm penjesine bermedi+.

19 Maňa dogrulyk derwezelerini açyň+,

Olardan girip, Ýaha alkyş aýdaýyn.

20 Ine, Ýehowanyň derwezesi,

Ondan dogruçyl adamlar girýär+.

21 Saňa alkyş aýdaryn, sen maňa jogap berdiň+,

Sebäbi halasgärim sensiň.

22 Ussalaryň zyňan daşy

Indi esasy daş* boldy+.

23 Muny eden Ýehowa+,

Bizi haýran galdyrdy+.

24 Ol güni Ýehowa belledi,

Şol gün biz şatlanarys, begeneris.

25 Ýehowa, ýalbarýarys, halas et!

Ýehowa, ýalbarýarys, ýeňiş ber!

26 Ýehowanyň adyndan gelýäne alkyş bolsun!+

Ýehowanyň öýünde halka ak pata bereris.

27 Ýehowa biziň Hudaýymyz,

Bize nur saçýar+.

Agajyň şahalaryny alyň,

Baýramçylyga barýanlara goşulyň+,

Gurbanlyk ojagynyň* başyna* geliň+.

28 Sen meniň Hudaýym, saňa alkyş aýdaryn,

Ýa Allam, seni şöhratlandyraryn+.

29 Ýehowa şükür ediň+, sebäbi ol ýagşydyr,

Wepaly söýgüsi ebedidir+.

א [Elip]

119 Ýehowa Hudaýa wepaly* adam,

Kanunyny berjaý edýän adam bagtlydyr!+

 2 Hudaýy ýürekden gözleýän+,

Öwüt⁠-⁠ündewine* gulak asýan adam bagtlydyr!+

 3 Ol adalatsyzlyk etmeýär,

Allanyň ýolundan ýöreýär+.

 4 Sen buýruklaryňy doly berjaý etmegi tabşyrdyň+.

 5 Men berk durup bilsedim+,

Kanunlaryňy ýerine ýetirerdim.

 6 Tabşyryklaryňy öwrenenimde ýüzüm gyzarmazdy+.

 7 Hökümleriňi öwrenip,

Seni ak ýürekden wasp edeýin.

 8 Kanunlaryňa eýerýän bendäňden

Hiç haçan ýüz öwürme.

ב [Bet]

 9 Ýaş ýigit nädip halal ýaşap biler?

Ol seniň sözüňi her gün berjaý eder+.

10 Men bütin ýüregim bilen saňa sežde edýärin.

Ýardam ber, tabşyryklaryňy doly ýerine ýetireýin+.

11 Saňa garşy günä etmez ýaly+,

Sözleriňi kalbymda saklaýyn+.

12 Maňa kanunlaryňy öwret,

Eý Ýehowa, seni şöhratlandyraýyn!

13 Agzyňdan çykan hökümleriňi,

Dilim bilen yglan edýärin.

14 Seniň öwüt⁠-⁠ündewiňi diňläp begenýärin+,

Dünýäniň baýlygyna eýe bolan ýaly şatlanýaryn+.

15 Buýruklaryň hakda oýlanýaryn*+,

Ýollaryň hakda pikir edýärin+.

16 Kada⁠-⁠kanunlaryňy ýürekden söýýärin,

Sözüňi asla unutmaýaryn+.

ג [Gimel]

17 Guluňa ýagşylyk et,

Sözüňi berjaý edip uzak ýaşaýyn+.

18 Gözlerimi aç,

Kanunyňda ýazylan ajaýyp pikirlere düşüneýin*.

19 Men bir gelmişek adam+.

Tabşyryklaryňy menden gizleme.

20 Hökümleriňe garaşmakdan ýaňa

Güýç⁠-⁠kuwwatym galmady.

21 Tabşyryklaryňy bozanlara+,

Nälet siňen tekepbirlere jeza berýärsiň.

22 Masgaraçylyga we kemsitmä ýüzüm düşmesin,

Sebäbi öwüt⁠-⁠ündewiňe gulak asýaryn.

23 Hatda han⁠-⁠begler men hakda erbet zatlary aýdýarlar,

Guluň bolsa kanunlaryň hakda oýlanýar.

24 Öwüt⁠-⁠ündewleriňi ýürekden söýýärin+,

Olary maslahatçym kimin görýärin+.

ד [Dal]

25 Janym topraga siňip barýar+,

Sen söz berdiň, ömür tanapymy üzme+.

26 Saňa ýüregimi dökdüm, sen hem maňa jogap berdiň.

Kanunlaryňy maňa öwret+.

27 Maňa buýruklaryň düýp manysyny düşündir,

Ajaýyp işleriň hakda oýlanaýyn+.

28 Gaýgy⁠-⁠hasratdan ýaňa gözüme uky gelmedi,

Sözüňde durup, maňa güýç ber.

29 Kanun berip, maňa rehim et,

Meni egri ýoldan ýöretme+.

30 Saňa wepaly bolmagy ýüregime düwdüm+,

Hökümleriň adalatlydygyna göz ýetirdim.

31 Eý Ýehowa, meniň tamamy üzme+,

Öwüt⁠-⁠ündewleriňe ýürekden gulak asdym+.

32 Tabşyryklaryňy höwes bilen berjaý ederin,

Sebäbi olary kalbyma ýazdyň*.

ה [He]

33 Eý Ýehowa, kanunlaryňy öwret+,

Olary ömürboýy berjaý edeýin+.

34 Maňa düşünje ber,

Kanunlaryňy öwreneýin,

Bütin ýüregim bilen berjaý edeýin.

35 Goldaw ber, tabşyryklaryňy ýerine ýetireýin+,

Sebäbi olardan lezzet alýaryn.

36 Öwüt⁠-⁠ündewiňi gulagyma guý,

Nebsime çapmaýyn+.

37 Gözümi biderek zatlardan sow+,

Aman⁠-⁠esen ýaşar ýaly öz ýoluňdan ýöret.

38 Guluňa beren sözüňi berjaý et,

Goý, adamlar senden gorksun*.

39 Biabraý bolmakdan gorkýaryn,

Masgaraçylykdan gora,

Sebäbi hökümleriň gowudyr+.

40 Buýruklaryňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn,

Meni aman sakla, sebäbi sen adalatly Hudaýsyň.

ו [Waw]

41 Eý Ýehowa, wepaly söýgiňden* ganaýyn+,

Wadaňda durup, halas edişiňi göreýin+.

42 Şonda üstümden gülýänlere jogap bererin,

Sebäbi sözüňe bil baglaýaryn.

43 Ýardam et, hakykat sözleri dilimden düşmesin,

Sebäbi hökümiňe garaşýaryn.

44 Kanunyňy hemişe,

Ebedilik berjaý ederin+.

45 Buýruklaryňy ýerine ýetirip,

Giň sährada asuda ýaşaýaryn+.

46 Patyşalara öwüt⁠-⁠ündewleriňi gürrüň bererin,

Men asla utanmaryn+.

47 Kalbym tabşyryklaryňa baglydyr,

Olary janymdan eziz görýärin+.

48 Saňa doga edýärin, sebäbi tabşyryklaryňy söýýärin+,

Kanunlaryň hakda oýlanýaryn+.

ז [Zaýn]

49 Guluňa beren wadaňy unutma,

Sözüň maňa umyt berýär.

50 Jebir⁠-⁠jepa çekenimde, wadalaryň teselli berýär+,

Ýaşamaga güýç berýär.

51 Ulumsy adamlar meni ezýär,

Men şonda⁠-⁠da kanunyňy bozmaýaryn+.

52 Eý Ýehowa, gadymky hökümleriň hakda oýlanýaryn+,

Olar maňa teselli berýär+.

53 Kanunyňy bozýan erbet adamlary görenimde,

Gaharym ot kimin tutaşýar+.

54 Nirede ýaşasam⁠-⁠da,

Kanunlaryň kalbymda mukam kimin ýaň salýar.

55 Eý Ýehowa, kanunlaryňy ýerine ýetirer ýaly,

Gijelerine adyň hakda oýlanýaryn+.

56 Muny özüme endik edindim,

Sebäbi buýruklaryňy berjaý edýärin.

ח [Het]

57 Eý Ýehowa, sen meniň paýym+,

Sözüňi berjaý etmegi wada berýärin+.

58 Bütin kalbym bilen saňa ýalbarýaryn+,

Wadaňa görä, ýagşylyk et+.

59 Öwüt⁠-⁠ündewleriň boýunça ýaşar ýaly+,

Yzyma ser salýaryn.

60 Men eglenmerin, howlugaryn,

Tabşyryklaryňy berjaý ederin+.

61 Erbetleriň ýüpi meni baglady,

Men şonda⁠-⁠da kanunyňy unutmaýaryn+.

62 Ýarygije turup, saňa şükür edýärin+,

Sebäbi hökümleriň adyldyr.

63 Buýruklaryňy berjaý edýän adamlar,

Senden gorkýan ynsanlar meniň dostumdyr+.

64 Eý Ýehowa, ýer ýüzi ýagşylygyňdan* doly+,

Öwret maňa kada⁠-⁠kanunlaryňy.

ט [Tet]

65 Eý Ýehowa, beren wadaňa görä,

Guluňa ýagşylyk etdiň.

66 Tabşyryklaryňa bil baglaýaryn,

Maňa akyldarlyk hem bilim ber+.

67 Men azaşypdym*, agyr hala düşüpdim,

Indi sözüňi berjaý edýärin+.

68 Eý Hudaý, sen ýagşy+, işleriň gudratly,

Maňa kanunlaryňy öwret+.

69 Tekepbirler maňa töhmet atýar,

Men şonda⁠-⁠da buýruklaryňy berjaý edýärin.

70 Olaryň ýüregi daşdan hem gaty+,

Meniň köňlüm bolsa kanunyňa bagly+.

71 Görgi görenim peýdama boldy+,

Kanunlaryňa eýerip ýaşamagy öwrendim.

72 Çykaran kanunyň peýdama boldy+,

Müňlerçe altyn⁠-⁠kümüş teňňeden hem gymmatly boldy+.

י [Ýod]

73 Eliň bilen meni ýaratdyň, maňa şekil berdiň.

Maňa düşünje ber, tabşyryklaryňy öwreneýin+.

74 Senden gorkýanlar meni görüp begenýär,

Sebäbi sözüňe umyt edýärin+.

75 Eý Ýehowa, hökümleriň adalatly+,

Sen wepaly, şonuň üçin temmi berýärsiň+.

76 Guluňa beren sözüňde durup,

Wepaly söýgiň+ bilen göwünlik ber.

77 Maňa rehim eýle, uzak ömür süreýin+,

Sebäbi meniň köňlüm kanunyňa bagly+.

78 Nähak ýere* maňa ýamanlyk edýänler,

Tekepbirler utanja galsyn.

Men bolsa buýruklaryň hakda oýlanaryn+.

79 Goý, senden gorkýan adamlar,

Öwüt⁠-⁠ündewiňi diňleýänler meniň tarapyma geçsin.

80 Kanunlaryňa doly eýereýin+,

Men utanja galmaýyn+.

כ [Käp]

81 Men sözüňe umyt edýärin,

Halas ederiňe garaşýaryn+.

82 Sözüňe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn+,

«Haçan teselliňden ganaryn?» diýýärin+.

83 Men tüsseden garalan meşik ýaly boldum,

Ýöne kanunlaryňy unutmadym+.

84 Guluň ýene näçe wagt garaşmaly?

Meni yzarlaýanlara haçan höküm çykarylar?+

85 Kanunyňa boýun egmeýänler,

Tekepbirler maňa çukur gazýarlar.

86 Nähak ýere maňa azar berýänlerden halas et+.

Ähli tabşyryklaryň ygtybarlydyr.

87 Meni ýer ýüzünden ýok etmekçi boldular,

Men şonda⁠-⁠da buýruklaryňdan ýüz öwürmedim.

88 Maňa ýagşylyk et*, uzak ömür süreýin,

Seniň öwüt⁠-⁠ündewiňe gulak asaýyn.

ל [Lam]

89 Eý Ýehowa, sözüň asman kimin ebedi galýandyr+.

90 Wepadarlygyň nesilden⁠-⁠nesle dowam eder+.

Sen Ýeriň düýbüni tutduň, ol ebedi durar+.

91 Seniň hökümleriň bilen, olar* şu güne çenli berk dur.

Ýaradan zatlaryň ählisi saňa hyzmat edýär.

92 Eger kanunyňy söýmedik bolsam,

Jebir⁠-⁠jepa içinde ýok bolardym+.

93 Seniň buýruklaryňy hiç haçan unutmaryn,

Olary ýerine ýetirip uzak ömür sürerin+.

94 Men seniň guluň, meni halas et+.

Sebäbi buýruklaryňy ýürekden berjaý edýärin+.

95 Erbetler meni ýok etmekçi bolsa⁠-⁠da,

Men öwüt⁠-⁠ündewleriňe ýürekden gulak asýaryn.

96 Men ähli kämilligiň çägini gördüm,

Emma seniň tabşyryklaryň çäksizdir.

מ [Mim]

97 Seniň kanunlaryňy şeýle bir söýýärin+,

Gije⁠-⁠gündiz olar hakda oýlanýaryn+.

98 Seniň tabşyryklaryň hemişe kalbymdadyr,

Olar meni duşmanlarymdan paýhasly edýär+.

99 Mugallymlarymdan hem paýhasly boldum+,

Sebäbi öwüt⁠-⁠ündewiň hakda oýlanýaryn.

100 Garrylardan hem paýhasly boldum,

Sebäbi buýruklaryňa eýerip ýaşaýaryn.

101 Seniň sözüňi berjaý edýärin,

Zalymlaryň ýolundan ýöremerin+.

102 Hökümleriňi doly berjaý edýärin,

Sebäbi sen maňa tälim berýärsiň.

103 Sözleriň dilimde nähili süýji,

Agzymda baldan hem datly!+

104 Buýruklaryňy öwrenip, paýhasly karara gelýärin+,

Ähli egri ýollary ýigrenýärin+.

נ [Nun]

105 Sözüň aýaklaryma çyra,

Ýoluma nurdur+.

106 Adyl hökümleriňi öwrenerin diýip ant içdim,

Beren wadamy berjaý ederin.

107 Eý Ýehowa, jebir⁠-⁠jepa çekýärin+,

Beren sözüňde durup, janymy halas et+.

108 Eý Ýehowa, maňa hökümleriňi öwret+,

Alkyş sözlerim* ýüregiňi şatlandyrsyn+.

109 Howp astynda bolsa⁠-⁠da janym,

Ýüregim unutmaz kada⁠-⁠kanunyň+.

110 Duzak gursa⁠-⁠da maňa duşmanym,

Buýruklaryňdan ýüz öwürmerin+.

111 Öwüt⁠-⁠ündewleriň ebedilik mirasym,

Olar meniň guwanjym hem begenjim+.

112 Men ömrümiň ahyryna çenli

Kanunlaryňa eýermegi ýüregime düwdüm.

ס [Sameh]

113 Ikiýüzlüleri* ýigrenýärin+,

Seniň kanunyňy söýýärin+.

114 Sen meniň penam, galkanym+,

Seniň sözüňe umyt edýärin+.

115 Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý ederin,

Eý zalymlar, meniň golaýyma gelmäň+.

116 Wada berişiň ýaly maňa kömek et+,

Uzak ömür süreýin,

Meniň umydymy üzme+.

117 Golda meni, halas eýle+,

Seniň kanunlaryňy berjaý edeýin+.

118 Ýalançylar, hilegärler kanunlaryňy bozýarlar,

Şeýle adamlardan ýüz öwürýärsiň+.

119 Ýer ýüzünden erbetleri syr⁠-⁠süplük kimin aýyrýarsyň+,

Şonuň üçin öwüt⁠-⁠ündewleriňi söýýärin.

120 Senden gorkup sandyraýaryn,

Çykaran hökümleriňden heder edýärin.

ע [Aýn]

121 Men halal hem adyl işleri edýärin.

Janymy duşman eline berme!

122 Guluňa abadançylyk ber*,

Tekepbirler maňa azar bermesin.

123 Ygtybarly wadaňa+, halas ederiňe garaşyp,

Güýçden gaçýaryn+.

124 Guluňa ýagşylyk et*+,

Kanunlaryňy öwret+.

125 Guluňa düşünje ber+,

Seniň öwüt⁠-⁠ündewleriňe gulak asaýyn.

126 Ýehowanyň höküm etmeli wagty geldi+,

Sebäbi onuň kanunyny bozdular.

127 Men bolsa seniň tabşyryklaryňy söýýärin,

Olary altyndan, sap altyndan gymmatly görýärin+.

128 Hilegärleriň ýoluny ýigrenýärin+,

Seniň görkezmeleriňi dogry hasaplaýaryn+.

פ [Pe]

129 Öwüt⁠-⁠ündewleriň nähili ajaýyp,

Şonuň üçin olara gulak asýaryn.

130 Sözüň düşündirilse, ynsanyň bilimi artýar+,

Tejribesiz* adam düşünjeli bolýar+.

131 Tabşyryklaryňa garaşmakdan ýaňa

Ýüregim gürsüldäp urýar+.

132 Adyňy söýýänler üçin hökümiňi ýerine ýetir+,

Maňa nazar sal, rehim eýle+.

133 Erbetlik içimde höküm sürmesin+,

Sözleriň ädimlerimi ugrukdyrsyn.

134 Meni duşmanlardan halas et,

Buýruklaryňy berjaý edeýin.

135 Ýüzüň nury maňa ýalkym saçsyn+.

Maňa kanunlaryňy öwret.

136 Adamlar kanunyňy bozýarlar,

Gözýaşlarym sil deý akýar+.

צ [Sad]

137 Eý Ýehowa, sen dogruçyl+,

Hökümleriň adalatly+.

138 Öwüt⁠-⁠ündewleriň hakdyr,

Ynama mynasypdyr.

139 Yhlasym içimde ot bolup ýanýar+,

Sebäbi duşmanlarym seniň sözüňi unutdy.

140 Seniň sözleriň päkdir+,

Guluň olary söýýär+.

141 Meni kemsitseler⁠-⁠de, adam hasabynda görmeseler⁠-⁠de+,

Buýruklaryňy unutmadym.

142 Dogruçyllygyň ebedi dowam edýändir+,

Kanunyň hakdyr+.

143 Agyr günler başyma inse⁠-⁠de,

Kalbym tabşyryklaryňa baglydyr.

144 Öwüt⁠-⁠ündewleriň hemişe hakdyr.

Maňa düşünje ber+, uzak ömür süreýin.

ק [Kap]

145 Eý Ýehowa, perýadyma jogap ber.

Kanunlaryňa eýereýin.

146 Seni çagyrýaryn, meni halas et.

Öwüt⁠-⁠ündewleriňe gulak asaýyn.

147 Daň atmanka oýanyp, kömek soraýaryn+,

Sözüňe umyt baglaýaryn.

148 Ýarygije oýanýaryn,

Sözleriň hakda oýlanýaryn+.

149 Dogamy diňle, maňa ýagşylyk et*+.

Eý adalatly Ýehowa, meni aman sakla.

150 Azgyn adamlar daşyma üýşýärler,

Olar kanunyňdan ýüz öwürýärler.

151 Eý Ýehowa, sen meniň hossarym*+,

Ähli tabşyryklaryň hakdyr+.

152 Ebedilik beren öwüt⁠-⁠ündewleriňi+

Öňden bäri öwrenip gelýärin.

ר [Reş]

153 Jebir⁠-⁠jepamy gör, meni halas et+,

Sebäbi kanunyňy unutmadym.

154 Meni gora, meni azat et+,

Beren wadaňa görä, janymy gutar.

155 Kanunlaryňy öwrenmeýän adamlar,

Erbet adamlar halas bolmazlar+.

156 Eý Ýehowa, seniň rehimdarlygyň çäksizdir+,

Adalatly bolup, janymy aman sakla.

157 Ýagylarym, janymyň kastyna çykanlar köpelse⁠-⁠de+,

Öwüt⁠-⁠ündewiňi unutmaýaryn.

158 Dönükleri ýigrenýärin,

Sebäbi olar sözüňe gulak asmaýar+.

159 Eý Ýehowa, buýruklaryňy ýürekden söýýärin!

Maňa ýagşylyk et*, uzak ömür süreýin+.

160 Seniň sözüň* hakykatdyr+,

Adyl hökümleriň ebedilikdir.

ש [Sin] ýa⁠-⁠da [Şin]

161 Han⁠-⁠begler meni nähak ýere yzarlaýarlar+,

Emma seniň sözüňe çuňňur hormat goýýaryn+.

162 Genji⁠-⁠hazyna tapan deý,

Sözleriňi diňläp şatlanýaryn+.

163 Aldawy ýigrenýärin, ýek ýigrendigim ýalan sözdür+,

Seniň kanunyňy bolsa söýýärin+.

164 Adalatly hökümleriň üçin,

Her gün saňa ýedi sapar alkyş aýdýaryn.

165 Kanunyňy söýýänler parahatlykda ýaşaýar+,

Olary hiç zat büdretmez.

166 Eý Ýehowa, halas ederiňe garaşýaryn,

Tabşyryklaryňa eýerýärin.

167 Öwüt⁠-⁠ündewiňe gulak asýaryn,

Olary janymdan eziz görýärin+.

168 Sen her bir ädimimi görýärsiň+,

Şonuň üçin buýruklaryňy berjaý edýärin,

Öwüt⁠-⁠ündewleriňe gulak asýaryn.

ת [Taw]

169 Eý Ýehowa, perýadymy eşit+,

Wadaňy berjaý et, maňa düşünje ber+.

170 Rehim et, dilegimi eşit,

Beren sözüňde durup, meni halas et.

171 Dilim saňa alkyş aýtsyn+,

Maňa kanunlaryňy öwredýärsiň.

172 Dilim saňa aýdym aýtsyn+,

Tabşyryklaryň hakdyr.

173 Goluň maňa ýardam bersin+,

Buýruklaryňy berjaý etmegi ýüregime düwdüm+.

174 Eý Ýehowa, halas etmegiňi ýürekden isleýärin,

Ýüregim kanunyňa baglydyr+.

175 Maňa uzak ömür ber, saňa alkyş aýdaýyn+,

Hökümleriň bilen maňa ýardam ber.

176 Men guzy kimin azaşdym+.

Ýiten guluňy agtar,

Sebäbi tabşyryklaryňy unutmadym+.

Zyýarat aýdymy*.

120 Jebir⁠-⁠jepa içinde Ýehowany çagyrdym+,

Ol maňa jogap berdi+.

 2 Eý Ýehowa, ýalançy agyzdan,

Hilegär dilden meni halas et.

 3 Eý hilegär dil+, Hudaýyň saňa näme etjegini bilýärmiň?

Alla saňa nähili temmi berer?

 4 Ol esgeriň ýiti peýkamlary bilen+,

Ýylgynyň közleri bilen saňa temmi berer+.

 5 Men Meşehde+ gelmişek boldum,

Kedar+ çadyrlarynda ýaşadym.

Waý meniň halyma!

 6 Men parahatlygy ýigrenýänler bilen+,

Uzak wagt ýaşadym.

 7 Men parahatlyk isleýärdim.

Parahatlyk hakda dil ýaranymda,

Olar uruş turuzýardylar.

Zyýarat aýdymy*.

121 Daglara nazar saldym+.

Maňa kim ýardam eder?

 2 Ýeri, gögi ýaradan,

Ýehowa maňa kömek eder+.

 3 Ol hiç haçan aýagyňy taýdyrmaz+,

Seni goraýan Hudaý hiç haçan irkilmez.

 4 Ysraýylyň hemaýatkäri,

Asla irkilmez, uka⁠-⁠da gitmez+.

 5 Ýehowa seni goraýar,

Ýehowa saňa pena bolup+, sagyňda durýar+.

 6 Gündizine seni Gün urmaz+,

Gijesine Aý zyýan ýetirmez+.

 7 Ýehowa saňa çar tarapdan pena bolar+,

Janyňy gorar+.

 8 Ýehowa häzirem, gelejekde⁠-⁠de,

Ähli işleriňi rowaçlandyrar.

Dawudyň zyýarat aýdymy*.

122 Maňa: «Ýehowanyň öýüne gideli» diýenlerinde,

Begenjimiň çägi bolmady+.

 2 Eý Iýerusalim, biz seniň derwezeleriň öňünde durus+.

 3 Iýerusalim uly şäherdir,

Jaýlary biri⁠-⁠birine golaý salnandyr+.

 4 Ýahyň* taýpalary şähere barýar.

Ysraýyla berlen kanuna görä,

Ýehowanyň adyna alkyş aýtmaga barýar+.

 5 Ol şäherde höküm tagtlary+,

Dawudyň öýüniň tagtlary dikilendir+.

 6 Iýerusalimiň abadançylygy hakda doga ediň+.

Eý şäher, seni söýýänler aman⁠-⁠esen ýaşar.

 7 Goý, şäherde parahatlyk höküm sürsün!

Goý, diňlerinde asudalyk bolsun!

 8 Aga⁠-⁠inilerimiň, dost⁠-⁠ýarlarymyň hatyrasyna:

«Goý, şäherde parahatlyk bolsun!» diýerin.

 9 Ýehowa Hudaýymyzyň öýüniň hatyrasyna+,

Şäheriň abadançylygyny dilärin.

Zyýarat aýdymy*.

123 Göklerde tagtyny diken Hudaýym,

Gözümi senden aýyrmaryn+.

 2 Hyzmatkäriň hojaýynynyň eline,

Gyrnagyň bikesiniň eline seredişi ýaly,

Ýehowa Hudaýymyz rehim edýänçä+,

Ondan gözümizi aýyrmarys+.

 3 Rehim eýle, eý Ýehowa, rehim eýle!

Biz kemsitmeden halys doýduk+.

 4 Gopbamsylaryň ýaňsyly sözlerinden,

Tekepbirleriň kemsitmesinden halys ýadadyk.

Dawudyň zyýarat aýdymy*.

124 Goý, ysraýyl halky şeýle diýsin:

«Ýehowa arkamyzy almadyk bolsady+,

 2 Ýehowa goldaw bermedik bolsady+,

Duşmanlar topulanda+,

 3 Olar gazaba münende+,

Bizi diriligine ýuwudardy+.

 4 Suwlar başymyzdan inerdi,

Siller ýalmap ýuwudardy+.

 5 Möwç urýan tolkunlar gark ederdi.

 6 Ýehowa şöhrat!

Ol bizi duşman penjesine bermedi.

 7 Awçynyň duzagyndan

Guş kimin gaçdyk+.

Duzak döwüldi,

Biz azat bolduk+.

 8 Ýeri, gögi ýaradan Hudaýyň,

Ýehowanyň adyny çagyryp halas bolduk»+.

Zyýarat aýdymy*.

125 Ýehowa bil baglaýanlar+

Sion dagy kimin asla sarsmaz, ebedi durar+.

 2 Daglaryň Iýerusalimi goraýşy ýaly+,

Ýehowa⁠-⁠da eziz halkyny häzirem, gelejekde⁠-⁠de gorar+.

 3 Dogruçyl adam erbet işe baş goşmaz ýaly+,

Erbetler* dogruçylyň üstünden hemişe agalyk etmez+.

 4 Eý Ýehowa, ýagşy adamlara,

Dogruçyl adamlara ýagşylyk et!+

 5 Ýehowa günäkärler bilen bilelikde

Egri ýola sowlanlary ýok eder+.

Goý, Ysraýylda parahatçylyk bolsun!

Zyýarat aýdymy*.

126 Ýehowa ýesir düşen halkyny Siona getirende+,

Biz düýş görýändiris öýtdük.

 2 Agzymyz gülküden doldy,

Şatlykdan ýaňa dilimiz saýrady+.

Şonda halklar diýdi:

«Ýehowa olar üçin täsin işleri etdi»+.

 3 Ýehowa biziň üçin täsin işleri etdi+,

Biz bagtly halk!

 4 Negebiň guran çeşmeleriniň joşup akyşy deý,

Eý Ýehowa, ýesir düşen halkyňy yzyna gaýtaryp getir.

 5 Gözýaş döküp ekenler,

Şatlyk bilen orarlar.

 6 Aglap tohum sepen* daýhanlar,

Şatlana⁠-⁠şatlana desseli yzyna dolanar+.

Süleýmanyň zyýarat aýdymy*.

127 Öýi Ýehowa gurmasa,

Ussalaryň çeken zähmeti biderekdir+.

Şäheri Ýehowa goramasa+,

Garawullaryň oýa durmagy biderekdir.

 2 Hudaý bereket bermese,

Gara daň bilen turanyň, ýarygijä çenli zähmet çekeniň,

Bir döwüm çörek üçin biliňi büküp işläniň biderekdir.

Alla söýýänlerine rysgalyny ýetirýär, süýji uky berýär+.

 3 Ogullar* Ýehowanyň beren mirasydyr+,

Perzent Allanyň beren sylagydyr+.

 4 Ýaşlygyňda doglan ogullar,

Ýaýçynyň elindäki oklar kimindir+.

 5 Ok gabyny olardan dolduran adam bagtlydyr+,

Ol masgara bolmaz,

Sebäbi şäheriň derwezesinde

Duşmanlar bilen gerçek ogullary gepleşer.

Zyýarat aýdymy*.

128 Ýehowadan gorkýan+,

Ýollaryndan ýöreýän adam bagtlydyr!+

 2 Sen der döküp alan hasylyňy iýersiň,

Bagtly ýaşarsyň, döwran sürersiň+.

 3 Aýalyň öýüňde miweli üzüm agajy kimin bolar+,

Ogullaryň zeýtun nahallary kimin saçak başynda oturar.

 4 Ýehowadan gorkýan adam

Şeýle bereketlere eýe bolar+.

 5 Ýehowa saňa Siondan bereket berer,

Ömürboýy Iýerusalimiň abadançylygyny görersiň+.

 6 Sen agtyk⁠-⁠çowluklaryňa guwanarsyň.

Goý, Ysraýylda parahatlyk bolsun!

Zyýarat aýdymy*.

129 Ysraýyl şeýle diýsin:

«Duşmanlarym ýaşlygymdan bäri topulýar+.

 2 Olar maňa ýaşlygymdan bäri hüjüm edýär+,

Emma ýeňip bilmeýär+.

 3 Meniň arkamy sürdüler+,

Uzyn⁠-⁠uzyn joýa çekdiler».

 4 Ýehowa adalatlydyr+.

Ol erbetleriň baglan ýüplerini kesip taşlady+.

 5 Siony ýigrenýänleriň hemmesi,

Masgara bolup, gaçyp giderler+.

 6 Olar jaýyň üçeginde gögeren,

Sogrulmanka guraýan ot kimin bolar.

 7 Şeýle otdan orakçynyň gysymy,

Desse bogýanyň gujagy dolmaz.

 8 Öten⁠-⁠geçenler olara:

«Ýehowa size bereket bersin!

Ýehowanyň adyndan siziň üçin dileg ederis!» diýmesin.

Zyýarat aýdymy*.

130 Ýehowa, seni umytsyzlyk ummanyndan çagyrdym+.

2 Eý Ýehowa, ahy⁠-⁠nalamy eşit,

Dady⁠-⁠perýadymy diňle.

 3 Ýah*, sen günämizi sanan bolsadyň,

Huzuryňda kim durup bilerdi, eý Ýehowa?+

 4 Sen örän geçirimli+,

Şonuň üçin adamlar saňa çuňňur hormat goýýarlar*+.

 5 Men Ýehowa umyt baglaýaryn,

Bütin ýüregim bilen oňa umyt edýärin,

Beren wadasyna garaşýaryn.

 6 Daň ataryna howlugýan garawullardan beter,

Daň ataryna garaşýan garawullardan beter+,

Men sabyrsyzlyk bilen Ýehowa garaşýaryn+.

 7 Ysraýyl hem Ýehowa garaşsyn,

Sebäbi Ýehowanyň söýgüsi hiç haçan sowaýan däldir+,

Halasgärimiz güýç⁠-⁠kuwwatlydyr.

 8 Ol ysraýylyň ähli günäsini geçer.

Dawudyň zyýarat aýdymy*.

131 Eý Ýehowa, kalbymda tekepbirlik ýok,

Adamlara göwnüýetmezçilik bilen seretmeýärin+.

Öz bähbidime çapmadym,

Elýetmez zatlara kowalaşmadym+.

 2 Süýtden aýrylan çaga ejesiniň gujagynda köşeşýär,

Edil şonuň ýaly menem öz⁠-⁠özümi* köşeşdirdim+.

Men ejesiniň gujagyndaky çaga ýaly rahatlandym.

 3 Goý, ysraýyl halky häzirem, gelejekde⁠-⁠de,

Ýehowa garaşsyn+.

Zyýarat aýdymy*.

132 Eý Ýehowa, Dawudy,

Onuň çeken jebir⁠-⁠jepasyny ýada sal+.

 2 Ol Ýehowa ant içipdi,

Ýakubyň gudratly Hudaýyna şeýle wada beripdi+:

 3 «Men çadyryma, öýüme girmerin+,

Düşegime geçip ýatmaryn.

 4 Gözlerimi ýummaryn,

Kirpiklerimi gyrpmaryn.

 5 Ýehowanyň sandygy üçin mekan,

Ýakubyň Hudaýy üçin gözel çadyr tapýançam köşeşmerin»+.

 6 Ol* hakda Efrafada eşitdik+,

Ony tokaýdan tapdyk+.

 7 Geliň, Allanyň mekanyna gideliň+,

Basgançagynyň öňünde baş egeliň+.

 8 Eý Ýehowa, aýaga gal,

Beýik güýjüň nyşany bolan sandygyň bilen mekanyňa gir+.

 9 Ruhanylaryň adalat donuny egnine atsyn,

Saňa wepaly bendeleriň joşup aýdym aýtsyn.

10 Guluň Dawudyň hatyrasyna,

Saýlanyňdan ýüz öwürme+.

11 Ýehowa Dawuda ant içip,

Beren sözünde durar:

«Seniň nesliňden bir adam

Tagtyňda oturar+.

12 Eger ogullaryň ähtimi saklasalar,

Öwüt⁠-⁠nesihatlarymy* unutmasalar+,

Olaryň ogullary hem

Seniň tagtyňda ebedilik oturarlar»+.

13 Sebäbi Ýehowa Siony saýlady+,

Öz mekany etmek isledi+:

14 «Şu ýer meniň ebedilik mekanym.

Men ol ýerde ýaşamak isleýärin+.

15 Men şähere bereket ýagdyraryn,

Garyp⁠-⁠gasarlaryny çörekden doýraryn+.

16 Ruhanylarynyň egnine gutulyş donuny ataryn+,

Wepaly gullarym joşup aýdym aýdarlar+.

17 Şol ýerde Dawudyň güýjüne güýç goşaryn,

Saýlanym üçin çyra taýýarlaryn+.

18 Başynyň täji öwşün atar+,

Duşmanlaryny masgara ederin».

Dawudyň zyýarat aýdymy*.

133 Agzybir ýaşaýan doganlary görmek,

Nähili gowy, nähili ýakymly!+

 2 Agzybirlik başyňa çalynýan atyr ysly ýag kimindir+,

Sakgala akýan, Harunyň sakgalyna akýan+,

Donunyň ýakasyna damýan atyr ysly ýag kimindir.

 3 Ol Sion dagyna+ düşýän,

Hermon dagynyň+ çygy kimindir.

Ýehowa ol ýere ak pata berýär,

Ebedi ýaşaýşy sylag berýär.

Zyýarat aýdymy*.

134 Ýehowanyň gullary+,

Gijelerine Ýehowanyň öýünde gulluk edýänler+,

Ýehowa alkyş aýdyň!

 2 Mukaddes boluň*,

Elleriňizi galdyryp+, Ýehowa alkyş aýdyň!

 3 Ýeri, gögi ýaradan Ýehowa

Siondan bereket bersin!

135 Ýaha alkyş aýdyň!*

Ýehowanyň adyna alkyş aýdyň!

Ýehowanyň gullary, alkyş aýdyň!+

 2 Ýehowanyň öýünde,

Hudaýymyzyň howlularynda gulluk edýänler, alkyş aýdyň!+

 3 Ýaha alkyş aýdyň, sebäbi Ýehowa ýagşydyr+.

Adynyň şanyna aýdym aýdyň, sebäbi ady ajaýypdyr.

 4 Ýah özi üçin Ýakuby saýlady,

Ysraýyly eziz halky* edip saýlady+.

 5 Ýehowanyň beýikdigini bilýärin,

Hökümdarymyz ähli taňrylardan beýikdir+.

 6 Gökde hem ýerde, deňizde hem düýbünde,

Ýehowanyň islegi amala aşýar+.

 7 Ol bulutlary ýeriň dört künjeginden asmana galdyrýar,

Ýyldyrym çakdyryp*, ýagyş ýagdyrýar,

Ammarlaryny açyp, ýel öwüsdirýär+.

 8 Alla müsürlileriň nowbahar ogullaryny öldürdi,

Mal⁠-⁠garalaryň ilkinji doglanlaryny gyrdy+.

 9 Ol faraonyň, onuň hyzmatkärleriniň öňünde,

Müsür topragynda alamatlar we gudratlar görkezdi+.

10 Köp halklary gyryp taşlady+,

Güýçli patyşalary ýok etdi+.

11 Amorlaryň hany Sihony+,

Başanyň hany Ogy+,

Kenganyň ähli patyşalyklaryny ýok etdi.

12 Olaryň ýurduny,

Öz halky ysraýyla miras berdi+.

13 Ýehowa, seniň adyň ebedidir!

Ýehowa, şan⁠-⁠şöhratyň nesilden⁠-⁠nesle dowam edýändir!+

14 Ýehowa halkyna hemaýat eder+,

Bendelerine rehimi iner+.

15 Halklaryň altyn⁠-⁠kümüş butlary,

Adam elleriniň işidir+.

16 Olaryň agzy bar, ýöne geplemeýär+,

Gözleri bar, ýöne görmeýär.

17 Olaryň gulagy bar, ýöne eşitmeýär,

Burny bar, ýöne dem almaýar+.

18 Butlary ýasanlar,

Butlara bil baglaýanlar,

Olaryň özleri ýaly bolar+.

19 Ysraýyl öýi, Ýehowa alkyş aýdyň!

Harunyň öýi, Ýehowa alkyş aýdyň!

20 Lewiniň öýi, Ýehowa alkyş aýdyň!+

Ýehowadan gorkýanlar, Ýehowa alkyş aýdyň!

21 Iýerusalimde+ mesgen tutan Ýehowa

Siondan alkyş aýdylsyn!+

Ýaha alkyş aýdyň!+

136 Ýehowa alkyş aýdyň, sebäbi ol ýagşydyr+,

Wepaly söýgüsi* ebedidir+.

 2 Hudaýlaryň Hudaýyna alkyş aýdyň+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

 3 Hökümdarlaryň Hökümdaryna alkyş aýdyň,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

 4 Gudratly işleri edýän diňe oldur+,

Wepaly söýgüsi ebedidir+.

 5 Gögi akyldarlyk bilen ýaratdy+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

 6 Ýeri suwlaryň üstünde berkitdi+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

 7 Beýik şamçyraglary döretdi+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

 8 Gündizine yşyk bolar ýaly Güni ýaratdy+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

 9 Gije höküm sürer ýaly Aýy hem ýyldyzlary ýaratdy+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

10 Ol Müsüriň nowbaharlaryny ýok etdi+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

11 Ysraýyl halkyny Müsürden çykardy+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

12 Güýç⁠-⁠kuwwatly goly+ bilen halas etdi,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

13 Ol Gyzyl deňzi ikä böldi+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

14 Ysraýyl halkyny deňziň ortasyndan geçirdi+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

15 Ol faraony goşuny bilen Gyzyl deňizde gark etdi+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

16 Halkyna çölde ýol görkezdi+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

17 Beýik patyşalary gyrdy+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

18 Güýçli hökümdarlaryň başyny aldy,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

19 Amorlaryň hany Sihony+ öldürdi,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

20 Başan hany Ogy+ heläk etdi,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

21 Olaryň ýurduny halkyna miras berdi+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

22 Tutuş ýurdy bendesi Ysraýyla miras berdi,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

23 Ol biziň ruhdan düşendigimizi gördi*+,

Wepaly söýgüsi ebedidir+.

24 Bizi duşmanlardan halas etdi+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

25 Ol adamlara, janly⁠-⁠jandarlara iýmit berýär+,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

26 Gökleriň Hudaýyna alkyş aýdyň,

Wepaly söýgüsi ebedidir.

137 Wawilon derýalarynyň+ kenarynda oturardyk,

Siony ýatlap aglardyk+.

 2 Wawilonyň derek agaçlaryndan

Arfalarymyzy asardyk+.

 3 Sebäbi ýesir edenler aýdym aýtmagymyzy islärdiler+,

Göwünlerini açmak üçin üstümizden gülüp:

«Sion hakda aýdym aýdyň» diýerdiler.

 4 Biz nädip ýat ýurtda Ýehowa aýdym aýdaly?

 5 Eý Iýerusalim, eger seni unutsam,

Sag elim hünärini unutsyn*+.

 6 Eý Iýerusalim, eger seni ýatlamasam,

Ähli zatdan gymmat saýmasam, guwanmasam+,

Goý, meniň dilim gurasyn.

 7 Eý Ýehowa, edomlylaryň aýdanlaryny ýadyňa sal.

Olar Iýerusalimiň ýykylan güni şeýle diýipdiler:

«Şäheri weýran ediň! Düýplerini ýer bilen ýegsan ediň!»+

 8 Eý Wawilon gyzy, saňa jeza berjek adam bagtlydyr.

Sen tizden haraba öwrülersiň+.

Bize edenleriň öz başyňdan iner+.

 9 Çagalaryňy daşa urup öldürjek adam bagtlydyr+.

Dawudyň aýdymy.

138 Men bütin ýüregim bilen saňa alkyş aýdaryn+.

Başga taňrylaryň gözüniň alnynda,

Seniň şanyňa aýdym aýdaryn*.

 2 Mukaddes ybadathanaňa bakyp sežde ederin+,

Adyňa alkyş aýdaryn+.

Sen söýgä* baý, wepaly Hudaýsyň.

Sözüňi we adyňy ähli zatdan beýgeldýärsiň*.

 3 Seni çagyran günüm maňa jogap berdiň+.

Meni mert we güýçli etdiň+.

 4 Ýehowa, ýer ýüzüniň patyşalary saňa alkyş aýdar+.

Sebäbi beren wadalaryňy eşitdiler.

 5 Olar Ýehowanyň işleri hakda aýdym aýdarlar,

Sebäbi Ýehowanyň şan⁠-⁠şöhraty beýikdir+.

 6 Ýehowa göklerde, ýöne pesgöwünlilere seredýär+,

Tekepbirleri golaýyna⁠-⁠da getirmeýär+.

 7 Janyma howp abananda, meni halas edersiň+.

Gazaply duşmanlaryma el göterersiň.

Sag eliň bilen meni halas edersiň.

 8 Ýehowa maňa beren wadalaryny ýerine ýetirer.

Ýehowa, wepaly söýgiň ebedidir+,

Elleriň işinden ýüz öwürme+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

139 Eý Ýehowa, meni doly barladyň, tanadyň+.

 2 Meniň haçan oturyp, haçan turanymy görýärsiň+,

Pikirlerimi uzakdan bilýärsiň+.

 3 Ýöränimde, ýatanymda meni synlaýarsyň,

Ähli ýollarymy bilýärsiň+.

 4 Eý Ýehowa, agzymdan söz çykmanka,

Näme diýjegimi bilýärsiň+.

 5 Sen meniň çar tarapymy goraýarsyň,

Eliňi başyma goýýarsyň.

 6 Sen meni şeýle gowy tanaýarsyň welin,

Men haýran galyp, akylyma sygdyryp bilemok+.

 7 Seniň ruhuňdan nirä gaçyp gideýin?

Seniň nazaryňdan gaçyp nirede gizleneýin?+

 8 Göge galsam, sen ol ýerdesiň,

Mazara* insem, meni şonda⁠-⁠da taparsyň+.

 9 Säheriň ganatlarynda uçup,

Uzak adalarda mesgen tutsam⁠-⁠da,

10 Şol ýerde⁠-⁠de eliň bilen ýol görkezersiň,

Sag eliň bilen ýardam berersiň+.

11 Men: «Tümlükde gizlensedim!» diýenimde,

Garaňkylyk ýagtylyga öwrülýär.

12 Tümlük seniň üçin garaňky bolmaz,

Gije⁠-⁠de gündiziň güni ýaly ýagty bolar+.

Tümlük seniň üçin ýagtylyk kimindir+.

13 Sen böwreklerimi ýaratdyň,

Ejemiň garnynda daşyma perde örtdüň*+.

14 Men şeýle täsin ýaradylypdyryn welin+,

Muňa haýran galyp, saňa alkyş aýdýaryn.

Seniň işleriň ajaýypdyr+,

Janym muny gowy bilýär.

15 Gizlin ýerde emele gelenimde,

Ejemiň garnynda şekil bereniňde*,

Süňklerim senden gizlin däldi+.

16 Ejemiň içinde düwünçekkäm, meni görüpdiň.

Beden agzalarym peýda bolmanka,

Olaryň ählisi hakda,

Emele geljek günleri barada seniň kitabyňda ýazylandyr.

17 Seniň pikirleriňi gowy görýärin.

Eý Alla, olaryň san⁠-⁠sajagy ýokdur+.

18 Olary sanasam, deňiz çägesinden hem köpdür+.

Men ukudan oýanyp, ýene⁠-⁠de sen hakda oýlanaryn*+.

19 Eý Hudaý, zalymlary ýok etsediň!+

Şonda olar maňa zyýan ýetirip bilmezdi,

20 Päliýaman saňa dil ýetirmezdi,

Duşmanlaryň seniň adyňy biderek ýere çagyrmazdy+.

21 Eý Ýehowa, seni ýigrenýänleri menem ýigrenýärin+,

Saňa baş galdyranlar ýigrenjidir+.

22 Olary ganym duşmanym hasaplaýaryn,

Men olary ýigrenýärin+.

23 Eý Hudaý, meni barla⁠-⁠da, ýüregimi gör+.

Meni syna⁠-⁠da, gaýgy⁠-⁠aladamy bil+.

24 Meni barla, pikirlerim erbet bolaýmasyn+,

Meni ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöret+.

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.

140 Eý Ýehowa, meni zalymlardan halas et,

Erbetlerden gora+.

 2 Olar erbetligiň küýüne düşýärler+,

Uzakly gün dawa⁠-⁠jenjel edýärler.

 3 Dilleri bilen ýylan ýaly çakýarlar+,

Agzyndan çykýan sözleri ýylanyň zäheri kimindir+. (Sela)

 4 Eý Ýehowa, meni erbediň elinden gutar+,

Duzak gurýan zalymlardan janymy halas et.

 5 Tekepbirler maňa duzak gurýar.

Meni tutjak bolup,

Ýoluma tor we gapan gurýar+. (Sela)

 6 Men Ýehowa diýýärin: «Sen meniň Hudaýym,

Eý Ýehowa, ýalbarýaryn, perýadymy eşit»+.

 7 Älemiň Hökümdary Ýehowa, sen güýçli halasgärim,

Sen söweş güni başymy goraýarsyň+.

 8 Ýehowa, zalymlaryň arzuwy hasyl bolmasyn,

Erbet niýetleri amala aşyp, öwünmesin+. (Sela)

 9 Meni gaban duşmanlaryň gargyşlary

Öz başlaryna insin+.

10 Goý, başlaryna közler ýagsyn+,

Goý, olar oda taşlansyn!

Çukura+ gaçyp, ondan çykmasyn.

11 Töhmetçiler ýer ýüzünde döwran sürmesin+.

Goý, erbetlik zalym adamlaryň başyna insin.

12 Ýehowanyň ejiz adamy goldajagyny,

Garybyň hakyny alyp berjegini bilýärin+.

13 Dogruçyllar saňa alkyş aýdarlar,

Päk ýürekliler huzuryňda gezerler+.

Dawudyň aýdymy.

141 Eý Ýehowa, seni çagyrýaryn+,

Meniň dadyma ýetiş!+

Seni çagyrýaryn, kömek et+.

 2 Doga⁠-⁠dilegim huzuryňda tütetgi deý bolsun+,

Galdyran ellerim agşamky galla sadakasy deý bolsun+.

 3 Eý Ýehowa, agzyma garawul,

Dodaklaryma sakçy goý+.

 4 Ýüregim erbetlige ýykgyn etmesin+,

Zalymlaryň işine şärik bolmaýyn,

Olar bilen saçak başynda oturmaýyn.

 5 Dogruçyl adam meni ursa, diýmek, söýýändir*+.

Eger käýese, onda başyma ýag guýlan ýalydyr+,

Mundan asla ýüz öwürmerin+.

Dogruçylyň başyna bela gelse, doga⁠-⁠dileg ederin.

 6 Halkyň serdarlary gaýadan zyňylsa⁠-⁠da,

Adamlar meni diňlär, sözlerim olara hoş ýakar.

 7 Ýeriň sürlüp, topragyň agdarylyşy ýaly,

Biziň süňklerimiz hem mazaryň* agzynda pytrap ýatyr.

 8 Älemiň Hökümdary Ýehowa, saňa bil baglaýaryn+.

Sen meniň penam,

Ömür tanapymy kesme.

 9 Meni zalymlaryň duzagyndan,

Gurlan gapanlardan halas et.

10 Erbetler guran toruna özi düşer+,

Men bolsa aman⁠-⁠esen ýaşaryn.

Maskil*. Dawudyň gowakda+ eden dogasy.

142 Ýehowany çagyryp, kömek soraýaryn+.

Ýardam et diýip, Ýehowa ýalbarýaryn.

 2 Hudaýa ýüregimi dökdüm,

Huzurynda gaýgy⁠-⁠aladamy aýtdym+.

 3 Ruhdan düşen wagtym saňa dileg etdim.

Sen maňa ýol görkezýärsiň+.

Ýöreýän ýoluma duşmanlar gapan gurýar.

 4 Seret, sagymda hiç kim ýok,

Aladamy etjek adam ýok+.

Gitmäge ýerim ýok+,

Halymdan habar tutjak ýok.

 5 Eý Ýehowa, kömek sorap ýalbarýaryn!

«Sen meniň penam+,

Ýagty jahanda ýeke⁠-⁠täk daýanjym» diýýärin.

 6 Başyma agyr gün düşdi,

Meniň dilegimi eşit.

Duşmanlarym menden güýçli,

Meni halas et+.

 7 Meni zyndandan çykar,

Seniň adyňa alkyş aýdaýyn.

Dogruçyllar begenjimi paýlaşsyn,

Sebäbi sen maňa ýagşylyk etdiň.

Dawudyň aýdymy.

143 Eý Ýehowa, dogamy eşit+, perýadymy diňle.

Maňa jogap ber, sebäbi sen wepaly hem adalatly.

 2 Bendäňi ýazgarma,

Sebäbi seniň öňüňde hiç kim dogruçyl bolup bilmez+.

 3 Duşmanlar meni yzarlaýar,

Meni gara topraga garýar.

Men ölüp giden adam deý tümlükde ýaşamaly bolýaryn.

 4 Ruhdan düşdüm+,

Güýç⁠-⁠kuwwatdan gaçdym+.

 5 Gadymy günler hakda oýa batýaryn,

Işleriň hakda pikire gidýärin+.

Ýaradan zatlaryň hakda çuňňur oýlanýaryn*.

 6 Elimi göge galdyryp, saňa ýalbarýaryn,

Takyrlyk ýagşa garaşýar,

Meniň janym bolsa saňa garaşýar+. (Sela)

 7 Eý Ýehowa, maňa tiz jogap ber+,

Halys güýçden gaçdym+.

Menden ýüz öwürme+,

Mazara inýän adama meňzemäýin+.

 8 Maňa säher bilen ýagşylyk et*,

Saňa bil baglaryn.

Ýörejek ýollarymy görkez+,

Ömrümi saňa bagyş etdim.

 9 Eý Ýehowa, seni pena edindim,

Meni duşman elinden halas et+.

10 Maňa islegiňi berjaý etmegi öwret+,

Sebäbi sen meniň Hudaýym.

Sen ýagşysyň;

Ruhuň meni tekiz ýoldan ýöretsin.

11 Eý Ýehowa, adyň hatyrasyna meni aman⁠-⁠esen sakla;

Adalatyň hatyrasyna zulumdan azat et+.

12 Wepaly söýgiň hatyrasyna duşmanlarymy ýok et*+.

Maňa zalymlyk edýänleri gyryp taşla+,

Sebäbi men saňa gulluk edýärin+.

Dawudyň aýdymy.

144 Ellerime göreşmegi,

Barmaklaryma söweşmegi öwredýän+

Arkadagym+ Ýehowa alkyş bolsun!

 2 Ol wepaly söýgä* baý Hudaý.

Ol galam, penam we halasgärimdir.

Meniň galkanym we gaçybatalgamdyr+,

Duşmanlarymy boýun egdirýändir+.

 3 Eý Ýehowa, adam ogluna nazar salaryň ýaly,

Başy ölümli adama üns bereriň ýaly, ol kimmişin?+

 4 Adamyň ömri bir dem kimindir+,

Kölege kimin geçip gidýändir+.

 5 Ýehowa, bulutlary basgançak edip, aşak in+;

Daglara eliňi degir, gara tüsse göterilsin+.

 6 Ýyldyrym çaksyn, duşmanyňy ýok etsin+.

Oklaryň olary howsala salsyn+.

 7 Asmandan eliňi uzadyp,

Möwç urýan tolkunlardan meni halas et,

Ýat halklaryň elinden azat et+.

 8 Olar dili bilen ýalan sözleýär,

Sag elini galdyryp, ýalandan ant içýär.

 9 Eý Hudaý, şanyňa täze aýdym aýdaryn+,

On kirişli saz guraly bilen wasp ederin!

10 Sen patyşalara ýeňiş berýärsiň+,

Ýiti gylyçdan guluň Dawudy halas edýärsiň+.

11 Dili bilen ýalan sözleýän,

Sag elini galdyryp, ýalandan ant içýän,

Ýat halklardan meni halas et.

12 Şonda ogullarymyz tiz ösýän nahal kimin bolar,

Gyzlarymyz köşgüň oýma sütünlerine meňzär.

13 Ammarlarymyz her dürli näz⁠-⁠nygmatlardan dolar,

Ýaşyl ýaýladaky sürülerimiz müňlerçe, on müňlerçe bolar.

14 Bogaz sygyrlarymyz öli ýa⁠-⁠da kemis göle guzlamaz.

Köçelerde agy sesi eşidilmez.

15 Şeýle bereketlere eýe bolan halk bagtlydyr!

Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr!+

Dawudyň aýdan alkyşy.

א [Elip]

145 Seni beýgelderin, eý Hudaýym, meniň Patyşam!+

Adyňa ebedilik alkyş aýdaryn!+

ב [Bet]

 2 Uzakly gün seni wasp ederin+,

Adyňa ebedilik alkyş aýdaryn!+

ג [Gimel]

 3 Ýehowa beýikdir, uly hormata mynasypdyr+.

Onuň beýikligine akyl ýetirip bolýan däldir+.

ד [Dal]

 4 Seniň işleriňi nesilden⁠-⁠nesle wasp ederler,

Gudratly işleriňi hemişe wagyz ederler+.

ה [He]

 5 Şan⁠-⁠şöhratyň barada gürrüň bererler+.

Ajaýyp işleriň hakda oýa bataryn.

ו [Waw]

 6 Gudratly işleriň hakda jar ederler,

Beýikligiň barada yglan ederin.

ז [Zaýn]

 7 Çäksiz ýagşylygyňy wasp ederler+,

Dogruçyllygyňy taryplap, joşup aýdym aýdarlar+.

ח [Het]

 8 Ýehowa mähirli* we rehimdardyr+,

Giň göwünli*, wepaly söýgä* baý Hudaýdyr+.

ט [Tet]

 9 Ýehowa ýaradanlarynyň ählisine ýagşylyk edýär+,

Ähli işlerinde rehimdarlygy görünýär.

י [Ýod]

10 Eý Ýehowa, elleriň işi seni şöhratlandyrar+,

Wepaly gullaryň saňa alkyş aýdarlar+.

כ [Käp]

11 Olar patyşalygyň şan⁠-⁠şöhratyny,

Gudratly işleriňi jar ederler+.

ל [Lam]

12 Beýik patyşalygyňy+,

Gudratly işleriňi wagyz ederler+.

מ [Mim]

13 Patyşalygyň ebedidir,

Hökümdarlygyň nesilden⁠-⁠nesle dowam edýändir+.

ס [Sameh]

14 Ýehowa ýykylanlary galdyrýar+,

Bili bükülenleriň daýanjy bolýar+.

ע [Aýn]

15 Olaryň ählisi saňa umyt bilen seredýär,

Hersine öz wagtynda rysgalyny ýetirýärsiň+.

פ [Pe]

16 Sen jomartlyk bilen eliňi açýarsyň,

Her bir adamy we haýwany näz⁠-⁠nygmatdan doýurýarsyň+.

צ [Sad]

17 Ýehowa ähli ýollarynda adalatlydyr+,

Işlerinden wepalydygy görünýändir+.

ק [Kap]

18 Ýehowa adyny çagyrýanlaryň ählisine,

Hudaýy ýürekden* çagyrýanlaryň ählisine ýakyndyr+.

ר [Reş]

19 Hudaýdan gorkýanlaryň arzuwyny hasyl edýändir+,

Olaryň dady⁠-⁠perýadyny eşidip, halas edýändir+.

ש [Şin]

20 Ýehowa Özüni söýýänleri goraýar+,

Erbetleri bolsa ýok edýär+.

ת [Taw]

21 Dilim bilen Ýehowany wasp ederin+.

Goý, hemmeler* mukaddes adyna ebedilik alkyş aýtsyn!+

146 Ýaha alkyş aýdyň!*+

Bütin janym bilen Ýehowa alkyş aýdaryn+.

 2 Ýehowa ömürboýy alkyş aýdaryn,

Soňky demime çenli Allany wasp ederin.

 3 Han⁠-⁠beglere, ynsan ogullaryna bil baglamaň,

Olar janyňy halas edip bilmez+.

 4 Olaryň ýaşaýyş demi gutarýar, topraga siňýär+,

Şol gün oý⁠-⁠pikirleri hem puç bolýar+.

 5 Ýakubyň Hudaýyndan kömege garaşýan+,

Ýehowa Hudaýa umyt edýän adam bagtlydyr+.

 6 Ol asmanyň, ýeriň,

Deňziň we onuň içindäki ähli zadyň Ýaradyjysydyr+.

Ol hemişe wepalydyr+.

 7 Ol aldanan adamlar üçin adalaty dikeldýär,

Açlara çörek berýär+.

Ýehowa tussaglary azat edýär+.

 8 Ýehowa körleriň gözüni açýar+,

Ýehowa bili bükülenleri dikeldýär+,

Ýehowa dogruçyllary söýýär.

 9 Ýehowa gelmişekleri goraýar,

Ýetime, dul aýala hemaýat edýär+;

Erbetleriň niýetini bolsa puç edýär+.

10 Ýehowa ebedilik Patyşa bolar+.

Eý Sion, seniň Hudaýyň

Nesilden⁠-⁠nesle höküm sürer.

Ýaha alkyş aýdyň!*

147 Ýaha alkyş aýdyň!*

Hudaýymyzyň şanyna aýdym aýtmak gowudyr.

Hudaýy wasp etmek ýakymlydyr, muňa mynasypdyr+.

 2 Ýehowa Iýerusalimi dikeldýär+,

Ýer ýüzüne dargan Ysraýyl ogullaryny jemleýär+.

 3 Ol göwnüçökgünlere göwünlik berýär*,

Ýaralaryny saraýar.

 4 Ýyldyzlaryň sanyny bilýär,

Her biriniň adyny tutup çagyrýar+.

 5 Hökümdar Hudaýymyz beýikdir, gudratlydyr+,

Akyldarlygynyň çägi ýokdur+.

 6 Ýehowa ýumşaklary goldaýar+,

Erbetleri bolsa ýere pylçap urýar.

 7 Ýehowa şükür edip, aýdym aýdyň,

Hudaýymyzy arfa bilen wasp ediň.

 8 Ol asmany bulutlar bilen bezeýär,

Ýere ýagyş ýagdyrýar+,

Daglary ýaşyl ýaýla öwürýär+.

 9 Hudaý haýwanlary,

Gagyldaşýan garga jüýjelerini iýmitlendirýär+.

10 Ol bedewiň kuwwatyna guwanmaýar+,

Pälwanyň güýçli aýaklaryna haýran galmaýar+.

11 Ýehowa hudaýhonlary*,

Wepaly söýgüsini* küýseýänleri gowy görýär+.

12 Eý Iýerusalim, Ýehowany şöhratlandyr!

Eý Sion, Alla alkyş aýt!

13 Ol seniň derwezeleriň gulplaryny berkidýär,

Ogullaryňa ak pata berýär.

14 Ýurduňy asuda ýaşadýar+,

Halkyňy ak bugdaýdan doýurýar+.

15 Ol ýer ýüzüne buýruk berýär,

Sözi derrew ýerine ýetýär.

16 Gary ak ýüň kimin ýer ýüzüne ýazýar+,

Gyrawy kül kimin sepeleýär+.

17 Buzy çörek owuntyklary kimin ýagdyrýar+.

Aňzak sowuga kim çydap biler?+

18 Ol buýruk berýär, gar ereýär,

Şemalyň badyna+ suwlar şaglap akýar.

19 Ýakuba sözüni jar edýär,

Ysraýyla kanunlaryny, hökümlerini yglan edýär+.

20 Ol başga halka muny eden däldir+;

Olar Allanyň hökümlerini bilýän däldir.

Ýaha alkyş aýdyň!*+

148 Ýaha alkyş aýdyň!*

Ýehowa gökden alkyş aýdyň+,

Belent ýerlerden wasp ediň!

 2 Perişdeler, alkyş aýdyň!+

Hudaýyň goşuny+, wasp ediň!

 3 Gün we Aý, alkyş aýdyň!

Parlak ýyldyzlar, wasp ediň!+

 4 Gökleriň gögi, alkyş aýdyň!

Asmandaky gara bulutlar, wasp ediň!

 5 Olar Ýehowanyň adyny wasp etsin,

Sebäbi olar Allanyň emri bilen ýaradyldy+.

 6 Hudaý olary ebedilik berkitdi+,

Olara mizemez perman çykardy+.

 7 Ýer ýüzi, Ýehowa alkyş aýdyň!

Giň umman, deňizdäki janly⁠-⁠jandarlar,

 8 Ýyldyrym, buz, gar we gara bulutlar,

Hudaýyň emrine tabyn bolýan apy⁠-⁠tupan+,

 9 Daglar, depeler+,

Miweli baglar we kedr agaçlary+,

10 Ýabany haýwanlar+, mal⁠-⁠garalar,

Süýrenijiler we guşlar,

11 Ýer ýüzüniň patyşalary we ähli halklary,

Han⁠-⁠begler we kazylar+,

12 Ýigitler we gyzlar,

Garrylar we ýaşlar, Hudaýa alkyş aýdyň!

13 Olar Ýehowanyň adyny wasp etsin.

Hudaýyň ady dünýäde iň beýikdir+.

Şan⁠-⁠şöhraty ýerden, gökden beýikdir+.

14 Ol halkynyň güýjüne güýç goşar,

Wepaly bendeleriniň,

Ysraýyl ogullarynyň, eziz halkynyň abraýyny artdyrar.

Ýaha alkyş aýdyň!*

149 Ýaha alkyş aýdyň!*

Ýehowanyň şanyna täze aýdym aýdyň+,

Wepaly adamlaryň ýygnagynda wasp ediň!+

 2 Ysraýyl Beýik Ýaradanyň+ işlerine begensin,

Sion ogullary Patyşasyna şatlansyn.

 3 Hudaýyň adyny wasp edip, tans etsinler,

Deprek we arfa bilen nagma aýtsynlar+.

 4 Ýehowa halkyna guwanýar+,

Ýumşaklary halas edýär+.

 5 Goý, wepaly adamlaryň şan⁠-⁠şöhraty artsyn,

Düşeginde aýdyma hiňlensin+.

 6 Allany wasp edýän aýdym dilinde bolsun,

Iki ýüzli gylyç elinde bolsun.

 7 Milletlerden ar alsynlar,

Halklara jeza bersinler.

 8 Olaryň patyşalaryny gandallasynlar,

Beglerini zynjyr bilen baglasynlar.

 9 Olara çykarylan hökümi berjaý etmek+,

Wepaly adamlar üçin uly hormatdyr.

Ýaha alkyş aýdyň!*

150 Ýaha alkyş aýdyň!*+

Mukaddes mekanynda Allany wasp ediň+,

Gudratly asmanyň astynda alkyş aýdyň!+

 2 Gudratly işleri üçin wasp ediň+,

Çäksiz güýjüň eýesine alkyş aýdyň!+

 3 Surnaý çalyp wasp ediň+,

Çeň* we arfa bilen alkyş aýdyň!+

 4 Deprek kakyp+, tans edip, Hudaýy wasp ediň,

Arfa+ we tüýdük+ bilen alkyş aýdyň!

 5 Ýakymly owazly bürünç çanlar* bilen wasp ediň,

Bürünç çanlary batly kakyp, alkyş aýdyň!+

 6 Ähli ynsanlar* Ýaha alkyş aýtsyn!

Ýaha alkyş aýdyň!*+

Ýa-da: kanunyny ýuwaş ses bilen okaýar; pyşyrdap okaýar.

Ýa-da: Mesihine. Sözme-söz: ýag guýup bellänine.

Sözme-söz: öpüň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: wepaly adamlary aýry tutýar; wepaly adamlary tanaýar.

Ýa-da: ýüregiňizi döküp.

Ýa-da: Dogruçyl bolup.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ganhory.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirýärsiň.

Sözme-söz: Gorky.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: şypa.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: düşegim.

Ýa-da: aýdan agy aýdymy.

Başga manysy: duşmanyma rehim eden bolsam.

Ýa-da: aýypsyz.

Ýa-da: böwrekleri barlaýan.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Şan-şöhratyň göklerden hem beýikde wasp edilýär.

Ýa-da: aýagynyň astyna goýduň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Sion gyzynyň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Açgöz adam özüni öwýär.

Ýa-da: Olaryň ýüregini berkit.

Başga manysy: köz.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: iki ýürek.

Ýa-da: Dilimiz bilen üstün çykarys.

Başga manysy: topragyň üstünde gurlan eredýän peçde.

Sözme-söz: gözüme nur.

Ýa-da: wepaly söýgiňe.

Ýa-da: Aýypsyz.

Ýa-da: Ýakynyna.

Ýagny Hudaýyň ýigrenýän adamy.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Gijelerine oý-pikirlerim meni ýazgarar. Sözme-söz: Gijelerine böwreklerim tälim berer.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: çüýretmersiň.

Ýa-da: hazynalaryňdan; näz-nygmatlaryňdan.

Sözme-söz: didaryňy görerin.

Sözme-söz: gutulyş şahym. Sözlüge serediň: Şah.

Ýa-da: hopwsuz depäm.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Ýeliň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Jöwenek.

Ýa-da: Päk adam päkligiňi görer.

Sözme-söz: çyramy ýakýan.

Ýa-da: beýikde goýýar.

Sözme-söz: Ýag guýup belläni.

Başga manysy: ölçeg ýüpi.

Ýa-da: ýatlatmasy.

Ýa-da: Sada; ynanjaň.

Ýa-da: mukaddesdir. Sözme-söz: päkdir.

Ýa-da: aýypsyz.

Ýa-da: ýeňiş berýär.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: wepaly söýgüsi.

Belki, sazyň çalnyş täridir.

Ýa-da: masgara bolmadylar.

Ýa-da: Ejem meni emdirende.

Sözme-söz: maňa garşy agzyny açýar.

Balarylarynyň öýjük ýasamak üçin işläp çykarýan maddasy. Ol çalt ereýär.

Sözme-söz: Semizler.

Başga manysy: çeşmäniň boýunda.

Ýa-da: göwünlik berýärsiň.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirersiň.

Ýa-da: barlygymdan. Ýagny Ýehowadan ant içmek.

Ýa-da: adalatly.

Sözme-söz: nesil.

Ýa-da: gadymy günlerden bäri.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirýändigiňi.

Ýa-da: Ýatlatmalaryny.

Ýa-da: wepaly söýgüsini bildirýär.

Ýa-da: Hudaýdan gorkýanlar.

Ýa-da: Aýypsyzlygym.

Ýa-da: aýypsyz.

Sözme-söz: ikirjiňlenmän.

Ýa-da: Duýgularymy. Sözme-söz: Böwreklerimi.

Ýa-da: wepaly söýgiň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Ganhor.

Ýa-da: aýypsyz.

Ýa-da: minnetdarlyk bilen oýlanyp.

Başga manysy: Ýagty jahanda Ýehowanyň ýagşylygyna berk iman edýärin.

Sözme-söz: mukaddes çadyryň içki otagyna.

Başga manysy: Mukaddesligi nur saçýandygy üçin.

Ýa-da: sežde.

Sözme-söz: suwlaryň.

Liwan daglary göz öňünde tutulýan bolmaly.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Julumy. Sözlüge serediň.

Ýa-da: Hakykatyň Hudaýy.

Ýa-da: Wepaly söýgiň.

Ýa-da: Wepaly söýgiň bilen.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Senden gorkýanlara.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: wepaly söýgüsinden.

Arfanyň bir görnüşi.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ammarlara.

Ýa-da: özünden gorkýanlara.

Ýa-da: Wepaly söýgüsine.

Ýa-da: Hudaýdan gorkýanlaryň daşynda düşelge gurýar.

Ýa-da: Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görüň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Hudaýsyz adamlar meni bir döwüm çörek üçin kemsitdiler.

Ýa-da: wepaly söýgiň.

Ýa-da: nuruňdan nur görýäris.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildir.

Başga manysy: Ruhdan düşme, ýogsam zyýan çekersiň.

Ýa-da: ýatlatma.

Başga manysy: Sebäpsiz ýere maňa duşman bolanlaryň sany köpeldi.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: bir garyş etdiň.

Sözme-söz: galmagal edip.

Ýa-da: sabyrly garaşdym.

Ýa-da: ýüregimde gizläp saklamaýaryn.

Ýa-da: Wepaly söýgiň.

Sözme-söz: düşegini bütinleý çalşyrar.

Sözme-söz: maňa garşy ökjesini galdyrdy.

Ýa-da: Aýypsyz.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Gözýaşlarym gije-gündiz iýmitim bolýar.

Sözme-söz: janym. Sözlüge serediň.

Ýa-da: Kiçi dagda.

Ýa-da: wepaly söýgüsi.

Başga manysy: süňklerimi owradýan ýaly.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Ýüzüň nury arkaly.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Hudaý seniň ebedilik tagtyňdyr.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: keşdelenen.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: galkanlaryny.

Sözme-söz: galkanlary.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: ömrümiziň ahyryna çenli.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: töleg töläp alar.

Sözme-söz: Hudaýlaryň Hudaýy.

Ýa-da: minnetdarlygy gurbanlyk beriň; minnetdar ýüregi gurbanlyk beriň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: arkaňyza atýarsyňyz.

Başga manysy: oňa goşulýarsyňyz.

Ýa-da: Minnetdarlygy gurbanlyk berýän; minnetdar ýüregi gurbanlyk berýän.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: süpürip taşla!

Sözlüge serediň.

Ýa-da: şatlyk-şagalaň.

Sözme-söz: Döwen süňkleriň.

Sözme-söz: süpürip taşla!

Ýa-da: Içime täzeden durnukly ruh ber.

Ýa-da: Gamgyn ýürek Hudaýyň halaýan gurbanlygydyr.

Ýa-da: dogruçyl bolup.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: wepaly söýgüsi.

Ýa-da: wepaly söýgüsine.

Başga manysy: Adyňa umyt baglamak gowudyr.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Hiç zat ýok ýere gorkarlar.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: dymdyrar.

Ýa-da: meýletin.

Başga manysy: adyňy wasp etmek gowudyr.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: dillerini üýtget.

Sözlüge serediň.

Ýagny 13, 14-nji aýatlarda agzalýan dosty.

Sözme-söz: Ýüküňi.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: wepaly söýgüsini bildirer.

Arfanyň bir görnüşi.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Özüňden gorkýanlar.

Başga manysy: dikdiň.

Başga manysy: Mukaddes mekanynda oturan.

Başga manysy: berk diwarly.

Ýa-da: Wepaly söýgiň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ümsüm.

Başga manysy: Siz ony ýykyljak bolup duran, gyşaran diwar ýaly görýärsiňiz.

Ýa-da: boş hyýal.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Bir-birini erbetlige iterýärler.

Sözme-söz: Ol.

Sözme-söz: Ol.

Ýa-da: ýakaryn.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: oňa hormat goýar.

Balarylarynyň öýjük ýasamak üçin işläp çykarýan maddasy. Ol çalt ereýär.

Başga manysy: Bulutlaryň üstünde.

«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Sözme-söz: kazysydyr.

Sözme-söz: mirasyňa.

Başga manysy: Agyllaryň.

Ýa-da: onlarça müňler, müňlerçe müňlerdir!

Ýa-da: sowgat; bereket.

Ýa-da: Gözbaşyndan.

Başga manysy: kümşi depeläp.

Sözme-söz: käýe.

Başga manysy: ilçiler geler.

Ýa-da: Efiopiýa.

Başga manysy: Zar-zar aglap, agyz beklesem-de.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirýärsiň.

Sözme-söz: töleg töläp al.

Sözme-söz: Günäsiniň üstüne günä goş.

Ýa-da: Ýatlatma.

Arfanyň bir görnüşi.

Ýa-da: adalatyň hakda oýlanaryn.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Sözme-söz: gany.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Böwreklerim.

Sözme-söz: dymdyrylar.

Ýa-da: Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr.

Sözlüge serediň.

Ýewreýçe «liwýatan». Sözlüge serediň.

Sözme-söz: başlaryny.

Sözme-söz: erbetleriň şahyny döwerin.

Ýa-da: ölüm ukusyna gitdi.

Ýa-da: Alladan gorkup.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: görkezmäme.

Ýa-da: ýatlatma.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ýüreklerinde synap.

Sözme-söz: güýçlüleriň.

Başga manysy: Ýaşaýyş deminiň çykyp.

Ýa-da: gögeýinlere. Awuly iňňesi bilen çakýan we gan sorýan uly gök siňege meňzeş ganatly möjejik.

Ýa-da: doly; buz.

Başga manysy: gyzzyrma.

Ýa-da: Ýatlatmalaryna.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: gabanjaňlygyny oýardylar.

Ýa-da: aýypsyzlyk.

Başga manysy: azat.

Başga manysy: arasynda.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Sözlüge serediň.

Arfanyň bir görnüşi.

Ýa-da: ýatlatma.

Başga manysy: diliň.

Ýa-da: Gara bulut içinden. Sözme-söz: Gök gürrüldisiniň gizlenen ýerinden.

Manysy: Dawa.

Ýa-da: kesir ýüregine tabşyrdym.

Sözme-söz: oňa. Ýagny Hudaýyň halkyna.

Ysraýylyň kazylary göz öňünde tutulýan bolmaly.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Hemmelerden Beýik Hudaýdygyňa. Sözlüge serediň: Allatagala.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Irki.

Başga manysy: Mugallym alkyş donuny geýýär.

Başga manysy: Eý Hudaý, galkanymyza seret!

Ýa-da: aýypsyz.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Wepaly söýgi.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: taňrylaryň arasynda taý geljek barmy?

Sözme-söz: adyňdan.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: duýgudaş; dertdeş.

Ýa-da: Sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýan.

Ýa-da: wepaly söýgä.

Belki, Müsür.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýewreýçe «Abaddon».

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Hemmesi birden.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: tohumyň.

Belki, Müsür ýa-da faraon.

Ýa-da: Wepaly söýgiň.

Sözme-söz: ýüzüň nurunda.

Sözme-söz: şahy.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: wepaly söýgim.

Ýa-da: wepaly söýgimi bildirerin.

Ýa-da: Gozgalaň turzandygy.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: mekanymyz.

Gijäniň bir nobaty dört sagatdan ybarat.

Sözme-söz: pyşyrdy.

Ýa-da: Seniň gazabyň saňa bolan gorkymyz deý beýikdir.

Ýa-da: günlerimizi sanamagy.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: gala; pena.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: wepaly söýgiň.

Gitara meňzeş gadymy saz guraly.

Ýa-da: Meniň şahym bolsa ýabany öküziňki ýaly bolar.

Ýa-da: ýatlatmalaryň.

Ýa-da: duzaga.

Sözme-söz: dymyp ýatardym.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: dymdyrar.

Manysy: Dawa.

Manysy: Synag; barlag.

Başga manysy: Onuň mukaddesligi nur saçýandyr.

Ýa-da: sežde.

Balarylarynyň öýjük ýasamak üçin işläp çykarýan maddasy. Ol çalt ereýär.

Ýa-da: sežde.

Ýa-da: halkyna wepaly söýgüsini bildirendigini.

Sözlüge serediň: Şah.

Başga manysy: arasynda.

Ýa-da: sežde.

Ýa-da: ýatlatmalaryny.

Başga manysy: biz öz-özümizi ýaratmadyk.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: aýypsyz.

Ýa-da: Aýypsyz.

Başga manysy: Halys tapdan düşdüm.

Ýa-da: äsgermezçilik etmez.

Ýa-da: Wepaly söýgini bildirýär.

Sözme-söz: ýaş.

Ýa-da: duýgudaş.

Ýa-da: Sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýar.

Ýa-da: Ol hemişe kemçilik gözlemez.

Ýa-da: Hudaýdan gorkýanlara.

Ýa-da: wepaly söýgüsini bildirýär.

Ýa-da: Başy ölümli ynsanyň ýüregini berkidýän.

Ýa-da: wagty.

Ýewreýçe «liwýatan». Sözlüge serediň.

Ýa-da: Ruhuny. Sözlüge serediň: Ruh.

Sözme-söz: Ruhuň.

Başga manysy: Hudaý hakda oýlananymda, onuň kalby şatlansyn!

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Başga manysy: gürrüň beriň.

Sözme-söz: Çörek taýaklaryny döwdi. Çörek asylyp goýulýan taýaklar göz öňünde tutulýan bolmaly.

Musa bilen Harun göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa-da: gögeýin. Awuly iňňesi bilen çakýan we gan sorýan uly gök siňege meňzeş ganatly möjejik.

Ýa-da: çybyn.

Ýa-da: doly; buz.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: işleriň gadyryny bilmedi.

Ýa-da: sežde etmegi ýüregini düwdiler.

Ýagny merhumlara ýa-da butlara getirilen gurbanlyklar.

Manysy: Dawa.

Ýa-da: öwrendiler.

Ýa-da: Ol ökündi.

Ýa-da: Goý, şeýle bolsun!

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: satyn alanlary.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Ukyplary.

Ýa-da: gämi duralgasyna.

Arfanyň bir görnüşi.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Mukaddes mekanynda oturan.

Ýa-da: Gözegçilik etmek borjy.

Ýa-da: wepaly söýgi bildirmesin.

Ýa-da: gudratly.

Ýa-da: ýaşlar.

Ýa-da: ökünmez.

1-nji aýatdaky Halypa göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Dogruçyllygy.

Ýa-da: duýgudaş.

Ýa-da: Hudaýdan gorkýanlaryň.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Duýgudaş.

Sözme-söz: Şahy.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Başga manysy: zir-zibilden.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: başga dilde gepleýän.

Ýa-da: wepaly söýgä.

Ýa-da: özünden gorkýanlara.

Ýa-da: Dymyp ýatanlar.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Başga manysy: Men söýýärin, sebäbi Ýehowa eşidýär.

Ýa-da: tejribesiz; ynanjaň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: gymmatlydyr.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Sözlüge serediň.

«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Başga manysy: maňa kömek edýänler bilendir.

Başga manysy: itdiň.

Sözlüge serediň: Düýp daşy.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: şahyna. Sözlüge serediň.

Ýa-da: aýypsyz.

Ýa-da: Ýatlatmalaryna.

Ýa-da: Buýruklaryňy çuňňur öwrenýärin.

Ýa-da: zatlary aýdyň göreýin.

Başga manysy: Sebäbi ýüregime mertligi guýduň.

Başga manysy: Özüňden gorkýanlara beren sözüňi berjaý et.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: wepaly söýgiňden.

Ýa-da: tötänden günä edipdim.

Başga manysy: Ýalan sözläp.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildir.

Ýagny Hudaýyň ýaradan ähli zatlary.

Ýa-da: Öwgi gurbanlyklarym.

Ýa-da: Ýüregi bölünenleri.

Ýa-da: Guluň abadançylygyna kepil geç.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildir.

Ýa-da: Sada; ynanjaň.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildir.

Ýa-da: ýakynymda.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildir.

Ýa-da: sözüň özeni.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Erbetlik hasasy.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: tohumly torbany göteren.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Çagalar.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Sözme-söz: senden gorkýarlar.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: janymy. Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Belki, äht sandygy.

Ýa-da: Ýatlatmalarymy.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Ybadathanada.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: genji-hazynasy; hususy emlägi.

Başga manysy: Bentleri açyp.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ýatlady.

Başga manysy: Sag elim gurasyn.

Başga manysy: Başga taňrylara garşy durup, seniň üçin saz çalaryn.

Ýa-da: wepaly söýgä.

Başga manysy: Sözüňi adyňdan hem beýgeldýärsiň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Ejemiň garnynda meni dokadyň.

Sözme-söz: Ýeriň çuň ýerlerinde dokalanymda.

Başga manysy: ýene-de sanamagymy dowam edýärin.

Ýa-da: wepaly söýgüsini bildirýändir.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: öwrenýärin.

Ýa-da: wepaly söýgiňi bildir.

Sözme-söz: dymdyr.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: duýgudaş.

Ýa-da: Sabyr-takatly, çalt gaharlanmaýar.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: hakykata laýyk.

Ýa-da: ähli janly zatlar.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: ýaraly ýürege şypa berýär.

Ýa-da: özünden gorkýanlary.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Arfanyň bir görnüşi.

Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.

Ýa-da: her bir dem alýan jandar.

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş