Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Işaýa 1:1—66:24
  • Işaýa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Işaýa
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Işaýa

IŞAÝA PYGAMBERIŇ KITABY

1 Ýahuda patyşalary+ Uzyýanyň+, Ýotamyň+, Ahazyň+ we Hizkiýanyň+ döwründe Amozyň ogly Işaýanyň*+ Ýahuda hem-de Iýerusalim hakda gören görnüşi*:

 2 Diňle, gök asman! Gulak as, zemin!+

Ýehowa şeýle diýýär:

«Men ogullarymy ekläp sakladym, kemala getirdim+.

Emma olar maňa garşy çykdy+.

 3 Öküz hojaýynyny tanaýar,

Eşek eýesiniň ahyryny bilýär;

Emma Ysraýyl meni* tanamaýar+,

Halkym akmaklyk edýär».

 4 Günäli halkyň+,

Agyr günä batan milletiň,

Erbet nesliň, azgyn çagalaryň waý halyna!

Olar Ýehowany terk etdiler+,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyny äsgermezlik edip,

Ondan ýüz öwürdiler.

 5 Urulmakdan ýaňa endam-janyňyz göm-gök bolsa-da,

Näme üçin ýene-de gozgalaň turuzýaňyz?+

Başyňyz ýaraly, ýüregiňiz dertli+.

 6 Depäňizden dabanyňyza çenli abat ýeriňiz galmady.

Ýaralaryňyz, gök düşen ýerleriňiz we çybanlaryňyz,

Ýuwulmady, saralmady, üstüne ýag hem çalynmady+.

 7 Ýurduňyz çöle öwrüldi,

Şäherleriňiz otlandy,

Ýatlar gözüňiziň alnynda hasylyňyzy ýalmap ýuwutdy+.

Duşman çozan ýaly, ýurduňyz derbi-dagyn bolupdyr+.

 8 Sion gyzy üzümçilikde dikilen çatma kimin,

Hyýar atyzynda gurlan kepbe kimin,

Daşy gabalan şäher kimin boldy+.

 9 Serkerdebaşy Ýehowa

Käbirimizi aman galdyrmadyk bolsady,

Biz Sodom ýaly bolardyk,

Gomorra meňzärdik+.

10 Sodomyň+ zalym hökümdarlary, Ýehowanyň sözüni diňläň!

Gomorra+ halky, Allamyzyň kanunyna gulak goýuň!

11 Ýehowa şeýle diýýär:

«Köp gurbanlyk berseňiz-de, maňa näme peýdasy bar?+

Ýakma gurbanlygy hökmünde berýän goçlaryňyzdan+,

Baga bakylan mallaryňyzyň+ ýagyndan doýdum.

Öküzçeleriň+, guzularyň,

Geçileriň+ ganyndan bizar boldum+.

12 Kim size huzuryma gelip+,

Howlymy depelemegi tabşyrdy?+

13 Biderek galla sadakasyny getirmäň.

Men tütetgiňizi ýigrenýärin+.

Siz Täze aý baýramyny+ we Sabat günlerini+ belleýärsiňiz,

Mukaddes ýygnaga+ gelýärsiňiz.

Uly baýramlaryňyzda bolsa jadygöýlik edýärsiňiz+.

Men muňa çydap oturmaryn.

14 Men siziň Täze aý baýramlaryňyzy,

Beýleki baýramlaryňyzy ýigrenýärin.

Olar maňa ýük boldy,

Olardan halys ýadadym.

15 Elleriňizi göge galdyryp ýalbaranyňyzda,

Gözümi sizden sowýaryn+.

Yzyny üzmän doga edeniňizde+,

Sizi diňlemeýärin+.

Sebäbi elleriňizi bigünä gana boýadyňyz+.

16 Ýuwnuň, tämizleniň!+

Gözümiň alnynda zalym işleri etmäň.

Erbet işlerden el çekiň!+

17 Ýagşylyk etmegi öwreniň, adalatly boluň+,

Zalym adamy dogry ýola salyň.

Ýetimleriň hakyny alyp beriň,

Dul aýalyň arzyny diňläň»+.

18 Ýehowa şeýle diýýär: «Geliň, düşünişeliň!+

Günäleriňiz gyzyl mata ýaly bolsa-da,

Men olary gar ýaly ak ederin+.

Günäleriňiz gyrmyzy mata ýaly bolsa-da,

Men olary ýüň kimin ak ederin.

19 Meniň sözüme ýürekden gulak assaňyz,

Topragyň näz-nygmatyndan doýarsyňyz+.

20 Emma sözümi diňlemän, gozgalaň turuzsaňyz,

Gylyçdan geçirilersiňiz+.

Muny Ýehowa aýdýar!»

21 Wepaly şäher+ nädip ahlaksyz boldy?+

Öň şäherde adalatlylyk höküm sürýärdi+,

Dogruçyllar ýaşaýardy+.

Indi bolsa ganhorlaryň mekanyna öwrüldi+.

22 Eý şäher, kümşüň hapalandy+.

Içgiňe* suw goşuldy.

23 Han-begleriň kesirdir, ogrulara şärikdir+,

Ählisi para ýatdy, sowgatlar gözüni gapdy+.

Olar ýetimiň hakyny alyp bermeýär,

Dul aýalyň arzyny asla diňlemeýär+.

24 Şonuň üçin hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa,

Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär:

«Besdir! Indi duşmanlarymdan dynaryn,

Olardan ar alaryn+.

25 Saňa güýçli golum bilen jeza bererin,

Seni eredip, galyndylardan doly* arassalaryn,

Ähli hapadan tämizlärin+.

26 Saňa gadymy döwürdäki ýaly kazylary,

Öňki günlerdäki ýaly maslahatçylary bererin+.

Şonda saňa Dogruçyl hem Wepaly şäher diýerler+.

27 Sion adalatlylyk bilen halas bolar+,

Dolanan adamlar dogruçyllyk bilen gutular.

28 Boýnuýogynlar bilen günäkärler bilelikde gyrlar+,

Ýehowany terk edenler ýok bolar+.

29 Siz beýik agaçlara göwün bereniňiz üçin utanarsyňyz+.

Keramatly bag+ sebäpli masgara bolarsyňyz.

30 Siz ýapragy solan beýik agaja+,

Suwsuz ýatan bag-bakja meňzärsiňiz.

31 Güýçli adam saman* kimin,

Eden işleri uçgun kimin bolar.

Olaryň ikisi-de bilelikde lowlap ýanar,

Ody söndüren bolmaz».

2 Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim hakda gören görnüşi*+:

 2 Soňky günlerde*,

Ýehowanyň öýüniň duran dagy,

Ähli daglardan belentde durar+.

Ol baýyrlardan hem beýik bolar,

Ähli halklar oňa tarap eňerler+.

 3 Köp milletler gelip, şeýle diýerler:

«Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň,

Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+.

Ol bize ýollaryny öwreder,

Biz onuň ýodalaryndan ýöräris»+.

Sebäbi kanun Siondan,

Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar+.

 4 Ol milletleriň arasynda kazylyk eder,

Köp halklaryň dawasyny çözer.

Olar gylyçlaryndan azallar,

Naýzalaryndan oraklar ýasarlar+.

Millet millete garşy gylyç galdyrmaz,

Indi söweşmegi öwrenmezler+.

 5 Ýakubyň öýi, geliň!

Ýehowanyň nurunda gezeliň!+

 6 Eý Hudaý, sen halkyňdan, Ýakubyň öýünden ýüz öwürdiň+,

Sebäbi olar Gündogaryň däp-dessurlaryna eýerdiler,

Piliştliler ýaly jadygöýlik etdiler+.

Olaryň arasynda ençeme ýat adamlar ýaşadylar.

 7 Olaryň ýurdy altyn-kümşe baýdyr,

Çäksiz hazynasy bardyr.

Atlary sansyz-sajaksyzdyr,

Söweş arabalarynyň soňy ýokdur+.

 8 Olaryň ýurdy dereksiz butlardan doludyr+.

Halk öz elleriniň işine tagzym edýär,

Barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýär.

 9 Şeýdip, adam kiçelýär, mertebesini peseldýär.

Sen olaryň günäsini geçmersiň.

10 Olar Ýehowanyň güýjünden,

Şan-şöhratyndan gorkup+,

Gowaga girerler, ýeriň astynda gizlenerler.

11 Ulumsy adamlar kiçeldiler,

Tekepbirler peseldiler.

Şol gün diňe Ýehowa şöhratlanar.

12 Ol gün Serkerdebaşy Ýehowanyň günüdir+.

Ol gün ähli ulumsylaryň, tekepbirleriň,

Baýlaryň we garyplaryň üstünden iner+.

13 Ol gün Liwanyň beýik we belent kedr agaçlarynyň,

Başanyň ähli dub agaçlarynyň,

14 Beýik daglaryň,

Belent depeleriň,

15 Beýik diňleriň,

Berk galalaryň,

16 Tarşyşyň+ ähli gämileriniň,

Owadan gaýyklarynyň üstünden iner.

17 Ulumsy adamlar kiçeldiler,

Tekepbirler peseldiler.

Şol gün diňe Ýehowa şöhratlanar.

18 Dereksiz taňrylar bütinleý ýok ediler+.

19 Ýehowa aýaga galyp, ýer ýüzüni sarsdyrar.

Onuň güýjünden,

Şan-şöhratyndan gorkup+,

Adamlar gowaga girer,

Çukurlarda gizlener+.

20 Şol gün adamlar dereksiz taňrylaryny,

Sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny

Körsyçanlaryň* we ýarganatlaryň öňüne taşlarlar+.

21 Hudaý ýer ýüzüni lerzana getirmek üçin aýaga galanda,

Olar Ýehowanyň güýjünden,

Şan-şöhratyndan gorkup,

Gowaga girerler, gaýalaryň jaýryklarynda gizlenerler.

22 Siziň bähbidiňiz üçin aýdýaryn,

Toprakdan ýaradylan ynsana bil baglamaň,

Sebäbi onuň demi kesilse öler.

Heý-de, oňa bil baglap bolarmy?

3 Indi hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa,

Iýerusalimiň we Ýahudanyň ähli daýanjyny ýok eder.

Olary azykdan, çörekden we suwdan keser+.

 2 Olaryň pälwanlaryny, esgerlerini,

Kazylaryny, pygamberlerini+, palçylaryny, ýaşulularyny,

 3 Ellibaşylaryny+, abraýly adamlaryny, maslahatçylaryny,

Ökde jadygöýlerini we ussat gözbagçylaryny ýok eder+.

 4 Men oglanjyklary halkyň han-begi ederin,

Durnuksyz adamlar il-güne hökümdarlyk eder.

 5 Adamlar biri-birini ezer,

Goňşy goňşusyna sütem eder+.

Ýaşlar garrylary kemsider,

Garamaýaklar abraýly adamlary sylamaz+.

 6 Her kes atasynyň öýünde süýtdeş doganyna asylyşyp:

«Bize serdar bol! Seniň ýapynjaň bar.

Haraba bolup ýatan ýurda baştutan bol» diýer.

 7 Emma şol gün dogany şeýle jogap berer:

«Siziň ýaraňyzy sarap bilmerin*,

Öýümde ne çörek bar, ne-de ýapynja bar.

Men halkyň serdary bolup bilmerin».

 8 Iýerusalim büdredi,

Ýahuda ýykyldy.

Sebäbi olar sözleri we işleri bilen Ýehowa garşy gidýär,

Şöhratly Hudaýy äsgermezlik edýär+.

 9 Olaryň ýüz-gözleri öz-özüni paş edýär.

Olar Sodom ýaly günälerini aç-açan gürrüň berýär+,

Aýybyny ýaşyrjak hem bolmaýar.

Waý halyna! Olar öz başyna bela-beter inderýärler.

10 Dogruçyllara aýdyň,

Olar ýagşy günleri görerler,

Eden işleri üçin sylag alarlar*+.

11 Erbet adamlaryň waý halyna!

Olaryň başyna bela-beter iner,

Öz gazan çukuryna özleri düşer.

12 Baştutanlar halkyma sütem edýärler,

Aýallar üstünden höküm sürýärler.

Eý halkym, han-begleriňiz sizi azaşdyrýar,

Sizi dogry ýoldan çykarýar+.

13 Ýehowa dawany çözmek üçin ýerinden turar.

Olara hökümini yglan etmek üçin aýaga galar.

14 Ýehowa halkynyň ýaşulularyny, han-beglerini höküm eder.

«Siz üzüm baglaryňyzy ýakyp kül etdiňiz.

Garyp-gasarlardan alan oljaňyz bilen öýüňizi doldurdyňyz+.

15 Halkyma sütem etmäge,

Garyplary ezmäge* neneň milt etdiňiz?»+

Muny Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

16 Ýehowa şeýle diýýär: «Sion gyzlary tekepbirdir,

Olar tumşugyny göge tutup gezýärler.

Näz-kereşme edip, gözlerini güldürýärler,

Aýaga dakylan şaý-seplerini şyňňyrdadyp,

Sülmüräp ýöreýärler.

17 Indi Ýehowa Sion gyzlarynyň kellesini gotur açdyrar,

Ýehowa olaryň maňlaýyny kel eder+.

18 Şol gün Ýehowa olaryň aýagyna dakylan şaý-sepini,

Başyndaky ýaglygyny, aý şekilli şaý-sepini alar+.

19 Olaryň gulakhalkasyny, bilezigini, bürenjegini,

20 Başatgyjyny, aýaga dakylýan şaý-sepini, guşagyny,

Atyr çüýşejiklerini, tumarlaryny*,

21 Ýüzüklerini, burunhalkalaryny,

22 Toý lybaslaryny, ýeňsizlerini, donlaryny we el torbalaryny,

23 Ýüz görülýän aýnalaryny+, zygyr* köýneklerini*,

Gyňaçlaryny we bürenjeklerini ellerinden alar.

24 Olardan hoşboý ysly ýagyň+ ysy däl-de, porsy ys geler,

Biline guşagyň deregine ýüp daňarlar,

Gür saçlary düşüp, kel bolarlar+,

Toý lybasynyň deregine jul* geýerler+,

Gözel keşbine tagma basylar.

25 Erkek kişileri gylyçdan geçiriler,

Pälwanlary söweşde gyrlar+.

26 Şäher derwezeleri ýas tutup, gözýaş döker+,

Sion boşap galar»+.

4 Şol gün ýedi aýal bir erkege ýapyşyp+:

«Biz iýmäge çöregi,

Geýmäge eşigi özümiz taparys;

Bize öýlen, adyňy götermäge rugsat ber,

Bizi masgaraçylykdan* halas et» diýer+.

2 Şol gün Ýehowanyň oturdan nahaly owadan we beýik* agaç bolar. Ysraýylyň aman galanlary ýurduň hasylyna guwanar, buýsanar+. 3 Sionyň we Iýerusalimiň aman galanlaryna — Iýerusalimde ýaşamak üçin ýazga alnan ilata — mukaddes diýler+.

4 Ýehowa Sion gyzlaryny hapadan* arassalar+. Hudaý gahar-gazap bilen Iýerusalimi höküm edip, gan tegmillerinden tämizlär+. 5 Ýehowa tutuş Sion dagyny we onuň ýygnak ýerini gündizine bulut hem tüsse bilen, gijesine bolsa alaw bilen gorar+. Şöhratly şäher gorag astynda bolar. 6 Ol ýerde yssyda saýa salýan+ we gaý-tupandan goraýan gaçybatalga bolar+.

5 Rugsat beriň, söwer ýaryma aýdym aýdaýyn!

Mähribanymy we onuň üzüm bagyny wasp edeýin!+

Mes toprakly depede söwer ýarymyň üzüm bagy bardy.

 2 Ol mellegini agdaryp, daşlardan arassalady,

Saýlama gyzyl üzüm nahallaryny oturtdy.

Üzüm bagynyň ortasynda bir diň saldy,

Üzüm sykmak üçin çukur gazdy+.

Soňra bol hasyl alaryn diýip umyt etdi,

Ýöne tamasy puç boldy,

Ol ýabany üzüm bolup çykdy+.

 3 Ol şeýle diýýär: «Eý Iýerusalim ilaty, ýahuda halky,

Üzümçiligim bilen dawamy çözüň!+

 4 Men üzüm bagym üçin elimde baryny etdim.

Mundan başga näme edeýin?+

Men bol hasyla garaşdym,

Emma ol ýabany üzüm bolup çykdy.

 5 Rugsat beriň,

Üzümçiligime näme etjegimi aýdaýyn.

Men onuň haýatlaryny ýykaryn,

Üzümçiligi oda ýakaryn+.

Daşdan salnan diwarlaryny ýumraryn.

Ony aýak astyna alyp depelärler.

 6 Ony harabaçylyga öwrerin+,

Hiç kim şahalaryny çyrpmaz, ýerini ýumşatmaz.

Haşal ot hem tikenekler basar+.

Emrim bilen bulut ýagmyr ýagdyrmaz+.

 7 Ysraýyl öýi Serkerdebaşy Ýehowanyň üzümçiligidi+,

Ýahuda halky onuň arzyly mellegidi.

Ol halkynyň adalatly bolmagyna garaşdy+,

Emma olar adalatsyzlyk etdi.

Ol halkynyň dogruçyl bolmagyna garaşdy,

Emma ezilenleriň sesini eşitdi»+.

 8 Öý üstüne öý alýanyň+,

Ýer üstüne ýer alýanyň waý halyna!+

Ol başgalara bir garyş ýer goýmaýar,

Bütin ýurdy öz eline geçirýär.

 9 Men Serkerdebaşy Ýehowanyň ant içendigini eşitdim.

Ençeme beýik hem kaşaň jaýlar boşap galar,

Harabaçylyga döner+.

10 Dört gektar* üzüm bagy bir çelek* şerap berer,

Bir ganar* tohum bir çuwal* bugdaý berer+.

11 Daň bilen turup, şerap içýäniň waý halyna!+

Ýarygijä çenli şerap içip lül bolýanyň waý halyna!

12 Olar meýlis gurap, arfanyň, çeň* saz guralynyň,

Depregiň, tüýdügiň owazyna meýmiräp şerap süzýärler.

Emma Ýehowanyň işleri hakda oýlanmaýarlar,

Onuň elleriniň işine ünsem bermeýärler.

13 Men hakda bilim almak islemeýän halkym sürgün ediler+,

Onuň at-abraýly adamlary aç gezer+,

Suwsuzlykdan ýaňa halkymyň agzy kepär.

14 Doýmaz-dolmaz mazar*

Agzyny giňden açar+.

Ýurduň han-begleri, keýp çekýän şadyhorram halky,

Mazaryň düýbüne düşer.

15 Ynsan büküler,

Adam masgara bolar,

Tekepbirler gabagyny ýerden galdyrmaz.

16 Serkerdebaşy Ýehowa çykaran hökümi bilen şöhratlanar,

Mukaddes hak Alla+ adalaty dikeldip,

Mukaddesligini görkezer+.

17 Semiz mallaryň otlan ýerleri boşap galar,

Olar ýat adamlaryň eline geçer,

Öri meýdanlarynda guzular otlar.

18 Ýalançylaryň waý halyna!

Olar araba daňylan mal ýaly,

Günälerini we ýazyklaryny süýreýärler.

19 «Hudaý etjek işini çaltrak etsin,

Aýdanyny tiz ýerine ýetirsin, bizem göreli.

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy niýetini amala aşyrsyn,

Bizem gözümiz bilen göreli»+ diýýänleriň waý halyna!

20 Ýagşa ýaman, ýamana ýagşy diýýäniň+,

Garaňkylyga ýagtylyk, ýagtylyga garaňkylyk diýýäniň,

Aja süýji, süýjä ajy diýýäniň waý halyna!

21 Akyllydyryn öýdýäniň,

Paýhaslydyryn öýdýäniň waý halyna!+

22 Şeraby köp içýäniň,

Ökdelik bilen ýasaýanyň waý halyna!+

23 Para üçin erbedi aklap+,

Dogruçylyň hakyny iýýäniň waý halyna!+

24 Otda samanyň ýanyşy ýaly,

Guran otuň ýanyp kül bolşy ýaly,

Olar hem köki-damary bilen çüýrär,

Nesilleri tozan kimin ýele sowrular.

Olar Serkerdebaşy Ýehowanyň kanunyna gulak asmadylar,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň sözüni diňlemediler+.

25 Şonuň üçin Ýehowanyň gahary halkyna garşy lowlaýar,

Ol güýçli goluny uzadyp, olara temmi berer+.

Daglar lerzana geler,

Olaryň jesetleri köçelerde tezek kimin çaşyp ýatar+.

Şonda-da Onuň gahary köşeşmedi,

Jeza bermek üçin galdyran goluny ýatyrmady.

26 Ol uzakdaky milleti çagyrmak üçin tuguny dikdi+,

Sykylyk çalyp, ýeriň aňry çetinden olary çagyrdy+.

Ine, olar göz açyp-ýumasy salymda geler+.

27 Olaryň hiç biri ysgyndan gaçmaýar, büdremeýär,

Hiç biri irkilmeýär, uklamaýar.

Bilindäki guşagyny gowşatmaýar,

Çarygynyň bagy üzülmeýär.

28 Olaryň oklary ýitidir,

Ýaýlary berk çekilendir,

Atlarynyň toýnaklary çakmakdaşy ýalydyr,

Arabalary tüweleý kimin tozap gelýändir+.

29 Olar arslan kimin,

Ýolbars kimin arlaýar+.

Olar hyrlap, awuna topular,

Awuny agzyndan hiç kim halas edip bilmez.

30 Şol gün olar awuny tutup hyrlar,

Möwç urýan deňiz kimin güwwüldär+.

Ýurdy tümlük gaplap alar,

Asmany gara bulut örter, muny hemmeler görer+.

6 Uzyýa patyşanyň aradan çykan ýyly+ men görnüş* gördüm. Şonda Ýehowa beýik we belent tagtda otyrdy+, donunyň etegi ybadathanany doldurýardy. 2 Onuň huzurynda seraplar durdy. Olaryň hersiniň alty ganaty bardy. Olar iki ganaty bilen ýüzüni, iki ganaty bilen aýaklaryny ýapýardy, iki ganaty bilen uçýardy.

 3 Seraplar biri-birine batly ses bilen:

«Serkerdebaşy Ýehowa

Mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir!+

Bütin ýer ýüzi onuň şöhratyndan doludyr!» diýýärdiler.

4 Olaryň sesinden ýaňa gapylaryň söýeleri titredi we ybadathana tüsseden doldy+.

 5 Şonda men şeýle diýdim: «Waý meniň halyma!

Indi men ölerin*,

Sebäbi men agzy haram adam,

Agzy haram halkyň arasynda ýaşaýaryn+.

Men Patyşany, Serkerdebaşy Ýehowany gördüm!»

6 Şonda seraplaryň biri ýanyma uçup geldi. Elinde gurbanlyk ojagyndan*+ ätişgir* bilen alan dym gyzyl közi+ bardy. 7 Ol közi dodagyma degrip:

«Ine, köz dodagyňa degdi.

Indi sen ýazykly dälsiň,

Günäň geçildi» diýdi.

8 Soňra men Ýehowanyň: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?»+ diýen sesini eşitdim. Şonda men: «Men giderin! Meni iber!»+ diýdim.

 9 Ol maňa diýdi: «Halkyň ýanyna baryp, şeýle diý:

„Siz gaýta-gaýta eşidersiňiz,

Emma düşünmersiňiz.

Siz gaýta-gaýta görersiňiz,

Ýöne hiç akyl ýetirip bilmersiňiz“+.

10 Halkyň ýüregini gatat+,

Gulaklaryny ker et+,

Gözlerini kör et.

Goý, gözleri bilen görmesinler,

Gulaklary bilen eşitmesinler,

Ýürekleri bilen düşünmesinler,

Sagalmak üçin yzyna dolanmasynlar»+.

11 Men: «Ýehowa, haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle diýdi:

«Şäherler weýran bolýança,

Öýler boşap galýança,

Ýurt haraba bolup, çöle öwrülýänçä+,

12 Ýehowa adamlary uzak ýurda sürgün edýänçä+,

Tutuş ýurt harabaçylyga öwrülýänçä şeýle bolar.

13 Ýurtda halkyň ondan biri galar, ýöne ony ýene-de oda ýakarlar. Beýik agaç, dub agajy çapylanda töňňesiniň galyşy ýaly, onuň hem töňňesi galar. Şol töňňeden mukaddes nesil* dörär».

7 Uzyýanyň agtygy Ýotamyň ogly Ahaz+ Ýahudada hökümdarlyk edýärkä, Siriýanyň patyşasy Resin we Ysraýylyň patyşasy Remalyň ogly Pekas+ Iýerusalime hüjüm etdiler. Emma olar* şäheri basyp alyp bilmediler+. 2 Dawudyň öýüne: «Siriýa we Efraýym goşuny birleşdi» diýip habar berdiler.

Şonda Ahazyň we halkyň ýüregi şemala yranýan tokaý agaçlary kimin titredi.

3 Ýehowa Işaýa şeýle diýdi: «Gaýrat edip, Ahazy garşylamak üçin, ogluň Şegarýaşup*+ bilen kir ýuwulýan meýdança gidýän uly ýoluň ugrundaky ýokarky howdanyň+ arygyna* bar. 4 Oňa şeýle diý: „Özüňi ele al, gorkma! Tüsseläp duran iki odundan, Siriýa patyşasy Resin bilen Remalyň oglunyň+ gazabyndan gorkma. 5 Siriýa, Efraýym we Remalyň ogly saňa garşy dildüwşük gurnap: 6 „Geliň, Ýahuda hüjüm edip, derbi-dagyn edeliň*. Ýurda eýe çykyp, Tabyýeliň ogluny patyşa edeliň“ diýdiler+.

 7 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:

„Olaryň guran hilesi başa barmaz.

Hiç haçan amala aşmaz.

 8 Damask Siriýanyň paýtagty,

Resin Damasgyň patyşasy.

65 ýyl geçmänkä,

Efraýym weýran ediler, ady ýitip gider+.

 9 Samariýa+ Efraýymyň paýtagty,

Remalyň ogly Samariýanyň patyşasy+.

Imanyňy berkit,

Ýogsa uzak ýaşamarsyň“».

10 Soňra Ýehowa Ahaza şeýle diýdi: 11 «Ýehowa Hudaýyňdan alamat sora+. Goý, alamat mazar* ýaly çuň, asman ýaly belent bolsun». 12 Emma Ahaz: «Ýok, alamat soramaryn, Ýehowany synamaryn» diýdi.

13 Işaýa şeýle diýdi: «Diňläň, eý Dawut öýi! Siz bolşuňyz bilen halkyň degnasyna degdiňiz. Muny az görýän ýaly, Allanyň hem sabyr käsesini doldurjak bolýarsyňyzmy?+ 14 Şonuň üçin Ýehowanyň özi size bir alamat berer: ine, päk* gyz göwreli bolup, bir ogul dograr+. Adyna Emanuwel* dakar+. 15 Ol erbetlikden ýüz öwrüp, ýagşylyk etmegi öwrenýänçä, ýag bilen bal iýer. 16 Oglanjyk erbetlikden ýüz öwrüp, ýagşylyk etmegi öwrenýänçä, seni howsala salýan iki patyşalyk boşap galar+. 17 Ýehowa seniň, halkyň we ataň öýüniň üstüne görlüp-eşidilmedik günleri getirer. Efraýymyň Ýahudadan bölünen+ gününden bäri beýle zat bolan däldir. Siziň üstüňize Assiriýa patyşasy çozar+.

18 Şol gün Ýehowa sykylyk çalyp, Müsüriň Nil derýasynyň uzakdaky şahalaryndan siňekleri we Assiriýadan arylary çagyrar. 19 Olar jülgelere, kert gaýalara, tikenli agaçlaryň üstüne we mallaryň suwa ýakylýan ýerlerine çozar.

20 Şol gün Ýehowa derýanyň* aňyrsyndan Assiriýa patyşasyny+ dellekçi ýaly hakyna tutup, siziň saçyňyzy, aýagyňyzyň tüýüni we sakgalyňyzy syrdyrar.

21 Şol gün her kes sürüden bir sygry we iki goýny duşman elinden alyp galar. 22 Süýt bol bolar, olar ýag iýer. Ýurtda aman galan her bir adam ýag bilen bal iýer.

23 Şol gün bahasy 1 000 kümüş teňňe bolan 1 000 düýp üzüm oturdylan mellekde ýandaklar we haşal otlar gögerer. 24 Adamlar ol ýere ok-ýaýly gider, sebäbi tutuş ýurdy ýandak we haşal ot basar. 25 Siz bir döwür dagyň otlaryny kätmen bilen çapardyňyz. Indi dagyň golaýyna-da baryp bilmersiňiz, sebäbi ol ýeri ýandak we haşal ot basar, öküzleriň, goýunlaryň öri meýdany bolar».

8 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Bir uly tagta+ al-da, ýüzüne galam* bilen Maherşelalhaşbaz* diýip ýaz. 2 Wepaly şaýatlarym Uryýa+ ruhany we Ýeberehýanyň ogly Zekerýa ony ýazmaça tassyklasyn».

3 Soňra men pygamber aýalyma ýanaşdym*. Ol göwreli boldy we aýy-güni dolup, bir ogul dogurdy+. Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Adyna Maherşelalhaşbaz dak. 4 Çagaň „kaka, eje“ diýip dil açmanka, Damasgyň hazynasy we Samariýanyň baýlygy Assiriýa patyşasynyň köşgüne äkidiler»+.

5 Ýehowa sözüni şeýle dowam etdi:

 6 «Halkym Şilowanyň ýuwaş akýan ýabyny ýigrenip+,

Resine we Remalyň ogluna+ guwandylar.

 7 Şonuň üçin Ýehowa olaryň üstüne,

Güýçli we joşup akýan derýanyň* suwlaryny,

Şan-şöhratly Assiriýa patyşasyny iberer+.

Onuň ähli çaý-çeşmeleriniň suwy göterilip,

Hanasyndan dolup daşar.

 8 Patyşa tutuş Ýahudany gark eder,

Sil kimin ähli ýeri basyp, bokurdagyna ýeter+.

Eý Emanuwel*+,

Onuň gerlen ganaty tutuş ýurduňy örter!»

 9 Eý halklar, eliňizden gelen ýamanlygy ediberiň,

Barybir ýok edilersiňiz.

Ýeriň aňry ujundan gelen halk, meni diňläň!

Söweşe taýýarlanyberiň*, barybir ýok edilersiňiz!+

Söweşe taýýarlanyň, emma barybir ýok edilersiňiz!

10 Dildüwşük gurnaň, emma ol başa barmaz,

Maksat-myradyňyzy aýdyň, ýöne ol amala aşmaz!

Sebäbi Hudaý biziň bilendir!*+

11 Ýehowanyň gudratly goly meniň üstümdedi. Ol maňa halkyň yzyna düşme diýip tabşyryk berdi:

12 «Adamlar: „Olar bize garşy dil düwüşdi“ diýse ynanmaň.

Olaryň gorkan zadyndan gorkmaň,

Asla heder etmäň.

13 Siz diňe Serkerdebaşy Ýehowany mukaddes hasaplaň!+

Diňe Alladan gorkuň,

Diňe ondan heder ediň!»+

14 Ol gaçybatalga* bolar.

Emma Ysraýylyň iki öýi üçin,

Büdredýän daş kimin+,

Mynjyradýan gaýa kimin bolar.

Iýerusalimiň ýaşaýjylaryna

Duzak we tor bolar.

15 Olaryň köpüsi büdrär, ýykylar we el-aýagyny döwdürer,

Olar duzaga düşer, tutular.

16 Golýazmany* düýrle,

Şägirtlerimiň öňünde kanuny möhürle!

17 Ýehowa Ýakup öýünden ýüz öwürse-de+, men garaşaryn+, umyt baglaryn.

18 Men Ýehowanyň beren ogullary+ bilen Sion dagynda mesgen tutan Serkerdebaşy Ýehowanyň Ysraýylda goýan alamaty+ hem-de gudraty bolaryn.

19 Eger olar saňa: «Pyşyrdaýan* we samyrdaýan jadygöýlere hem-de bilgiçlere* ýüz tut» diýseler, olara gulak asarmyň? Halk öz Hudaýyna ýüz tutmaly dälmi näme? Diriler hakda ölülerden soralarmy?+ 20 Olar kanuna we golýazma* gulak asmaly dälmi näme?

Olar Allanyň aýdan sözlerini diňlemeseler, daň şapagyna ýüzi düşmez+. 21 Ýurduň ilaty ejir çekip, aç-ýalaňaç, sergezdan bolar+. Olar açlykdan ýaňa gaharlanyp, patyşasyny näletlär we göge seredip Hudaýyna gargar. 22 Olar daş-töweregine seredenlerinde jebir-jepa, tümlük, alaçsyzlyk, görgi, garaňkylyk we tüm-garaňkylyk görerler.

9 Gadymy döwürler Zebulun topragy we Naftaly topragy azap çekipdi, masgara edilipdi. Indi ýurdy şol wagtky ýaly tümlük gaplamaz+. Birnäçe wagtdan Hudaý ýurdy, deňze barýan ýoly, Iordan topragyny we ýat milletleriň ýaşaýan Jelilesini arşa galdyrar.

 2 Garaňkylykda ýöreýän halk

Güýçli ýagtylyk gördi.

Tüm-garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstüne

Ýagtylyk şöhle saçdy+.

 3 Sen halky köpeltdiň,

Şatlygyna şatlyk goşduň.

Olar seniň öňüňde,

Hasyl ýygnaýan daýhanlar kimin begenýärler,

Olja paýlaşýan esgerler kimin guwanýarlar.

 4 Sen olaryň agyr boýuntyrygyny döwdüň,

Arkasyna degýän gamçyny,

Hojaýynynyň gamçysyny üzüp taşladyň.

Sen midýanlaryň ýeňlen güni hem şeýle edipdiň+.

 5 Her ädimi ýer sarsdyrýan esgerleriň,

Batyr ýigitleriň ädikleri, gana boýalan eşikleri,

Oduna derek ýakylar.

 6 Sebäbi biziň üçin bir çaga doguldy+,

Bize bir ogul berildi,

Hökümdarlyk golunda bolar+.

Oňa Akyldar maslahatçy+, Güýçli hudaý+,

Ebedilik ata we Parahatlyk şazadasy diýler.

 7 Onuň hökümdarlygynyň çägi bolmaz,

Hemişe parahatçylyk bolar+.

Ol Dawudyň tagtynda+, patyşalyk tagtynda oturar.

Onuň hökümdarlygy berk bolar, sarsmaz+,

Adalatly+ hem dogruçyl+ höküm sürer,

Häzirem, gelejekde-de dowam eder.

Muny Serkerdebaşy Ýehowa höwes* bilen eder.

 8 Ýehowa Ýakuba çykaran hökümini yglan etdi,

Ysraýylda jar etdi+.

 9 Muny bütin halk biler,

Efraýymyň we Samariýanyň ilaty eşider.

Olar ulumsylyk we göwnüýetmezçilik bilen diýýärler:

10 «Kerpiçler ýykyldy,

Emma biz ýonulan daşlardan gurarys+.

Injir agaçlary çapylyp taşlandy,

Ýöne olary kedr agaçlaryna çalşarys».

11 Ýehowa Resiniň duşmanlaryny oňa* hüjüm etdirer,

Onuň ganym duşmanlaryny aýaga galdyrar.

12 Gündogardan Siriýany,

Günbatardan* piliştlileri çozdurar+.

Olar Ysraýyly bir demde ýalmap ýuwudar+.

Emma Onuň gahary köşeşmedi,

Jeza bermek üçin galdyran goluny ýatyrmady+.

13 Halka jeza berilse-de, Hudaýa dolanmady,

Serkerdebaşy Ýehowany gözlemedi+.

14 Ýehowa Ysraýylyň başyny-da, guýrugyny-da,

Şahasyny-da, gamşyny-da* bir günüň içinde çapyp taşlar+.

15 Baş — abraýly adamlar, ýaşulular,

Guýruk — ýalany öwredýän pygamberler+.

16 Ýolbaşçylar halkyň başyny çaşyrýarlar,

Olara eýerýänler azaşýarlar.

17 Ýehowa olaryň ýaş ýigitlerine guwanmaz,

Ýetimlerine we dul hatynlaryna rehim etmez.

Sebäbi olaryň ählisi imandan dänen hem zalymdyr+,

Agzyndan bolgusyz sözler çykýandyr.

Emma şonda-da Onuň gahary köşeşmedi,

Jeza bermek üçin galdyran goluny ýatyrmady+.

18 Erbetlik ot kimin tutaşar,

Ýandaklary, haşal otlary ýalmap ýuwudar.

Ol gür tokaýlary ýakar,

Tüssesi al-asmana galar.

19 Serkerdebaşy Ýehowanyň gazabyndan,

Ýurt lowlap ýanar,

Halk otda ýanyp kül bolar.

Dogan dogana rehim etmez.

20 Biri sagynda durany kesip iýer,

Emma aç galar.

Başga biri çepinde durany iýer,

Ýöne doýmaz.

Her kim öz elini iýer.

21 Manaşa Efraýymy,

Efraýym Manaşany iýer.

Ikisi bilelikde Ýahuda topular+.

Emma Onuň gahary köşeşmedi,

Jeza bermek üçin galdyran goluny ýatyrmady+.

10 Zalym düzgünleri ýola goýýanlaryň+,

Birgiden agyr kanunlary çykarýanlaryň waý halyna!

 2 Garybyň arzyny diňlemeýänleriň,

Garamaýak halkyň hakyny iýýänleriň waý halyna!+

Dul hatynlary talaýanlaryň,

Ýetimleri ýesir alýanlaryň waý halyna!+

 3 Siz hasabat bermeli günüňiz+,

Uzakdan betbagtçylyk gelende näme edersiňiz?+

Kömek sorap kimiň ýanyna ylgarsyňyz?+

Mal-mülküňizi* nirede gizlärsiňiz?

 4 Tussaglaryň arasynda dyz epmekden,

Jesetleriň arasynda ýatmakdan başga alajyňyz bolmaz.

Emma Onuň gahary köşeşmedi,

Jeza bermek üçin galdyran goluny ýatyrmady+.

 5 «Serediň, assiriýaly+ gelýär!

Ol meniň gazaply hasamdyr+,

Temmi taýagym elindedir!

 6 Men assiriýalyny imandan dänen milletiň+,

Gaharymy getiren halkyň üstüne ibererin.

Men oňa halky talamagy, köp olja almagy,

Olary köçedäki palçyk kimin depelemegi buýraryn+.

 7 Ol beýle etmek islemese-de,

Ýüreginde başga niýeti bolsa-da, emrimi berjaý eder.

Ol az halk bilen kanagatlanman,

Köp halklary gyrmagyň küýüne düşer.

 8 Ol şeýle diýýär:

„Han-beglerimiň ählisi patyşa dälmi näme?+

 9 Kalnon+ Karkemiş+ ýaly dälmi?

Hamatyň+ Arpatdan+ näme tapawudy bar?

Damask+ Samariýadan+ kemmi?

10 Men dereksiz butlara sežde edýän patyşalyklary basyp almadymmy?

Olaryň oýma butlary Iýerusalim we Samariýanyňkydan has köpdi+.

11 Samariýa we dereksiz butlaryna näme eden bolsam,

Iýerusalime-de, dereksiz butlaryna-da şeýle etmerinmi?“+

12 Ýehowa Sion we Iýerusalim babatda niýetini amala aşyryp, soňra Assiriýa patyşasyna jeza berer. Sebäbi ol ulumsy, tekepbir we hondanbärsi boldy+. 13 Ol şeýle diýýär:

„Men muny güýçli golum we paýhasym bilen ederin.

Sebäbi men akyl-paýhasly.

Halklaryň arasyndaky serhetleri aýraryn+,

Hazynalaryny talaryn+.

Men pälwan kimin halklary boýun egdirerin+.

14 Guşuň höwürtgesine elini sokan adam kimin,

Men hem halklaryň baýlygyny talaryn.

Taşlanan ýumurtgalar nähili ýygnalýan bolsa,

Men hem bütin dünýäni şeýdip ele salaryn!

Hiç kim ganat kakyp üstüme topulmaz,

Agzyny açmaz, jürküldemez“».

15 Palta odun çapýan adama göwnüýetmezçilik edermi?

Byçgy özüni agaç ussasyndan ýokary hasaplarmy?

Taýak+ hem özüni tutýany ýokary galdyryp bilermi?

Hasa özüni göterýäni göterip bilermi?

16 Hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa,

Onuň* pälwanlaryny güýçden gaçyrar+,

Onuň şan-şöhratyny oda ýakar+.

17 Ysraýylyň Nury+ ot+,

Mukaddes Hudaýy alaw bolar.

Ot tutaşyp, haşal otlary, ýandaklary,

Bir günüň içinde ýakyp kül eder.

18 Onuň gür tokaýy, gözel bag-bakjasy bir demde ýok ediler.

Edil syrkaw adam kimin saralyp solar+.

19 Onuň gür tokaýynda sanlyja agaç galar,

Hatda çaga-da olary barmak büküp sanar.

20 Şol gün Ysraýylyň aman galanlary,

Ýakup öýüniň diri galanlary,

Hüjüm eden halkdan pena gözlemez+.

Olar Ýehowa daýanar,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyna bil baglar.

21 Ýakubyň aman galanlary,

Olaryň sanlyjasy Gudratly Hudaýa dolanarlar+.

22 Ysraýyl halky!

Siz deňiz çägesi kimin köp bolsaňyz-da,

Diňe sanlyja adam dolanar+.

Halky ýok etmeli diýen perman çykdy+.

Olary adalatly höküm sil kimin gark eder+.

23 Hawa, şu permany Älemiň Hökümdary,

Serkerdebaşy Ýehowa çykardy,

Çykarylan höküm tutuş ýurtda berjaý ediler+.

24 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler ýaly seni taýaklan+, gamçylan assiriýalydan gorkma+. 25 Sebäbi biraz wagtdan çykarylan höküm doly tamamlanar. Şonda men gahar-gazap bilen assiriýalynyň başyna betbagtçylyk indererin+. 26 Serkerdebaşy Ýehowa Orep gaýasynda midýanlary ýeňşi ýaly+, oňa garşy gamçysyny galdyrar+. Ol deňze hasasyny uzadar, Müsürde edişi ýaly, hasasyny ýokary galdyrar+.

27 Şol gün assiriýalynyň agyr ýüki egniňizden,

Boýuntyrygy boýnuňyzdan aýrylar+.

Ýagdan* ýaňa boýuntyryk döwler»+.

28 Ol Aýýata+ hüjüm etdi,

Migronyň üstünden geçdi,

Mikmaşda+ ýüküni goýdy.

29 Olar derýanyň ýalpak ýerinden geçdiler,

Gijesini Gebada+ geçirdiler.

Rama sandyrady, Şawul şäheri Gibeýanyň+ ilaty gaçdy+.

30 Gallim gyzy, perýat edip agla!

Laýşa, habardar bol!

Görgüli Anatot!+

31 Madmena ilaty gaçdy,

Gebim halky pena gözledi.

32 Şol gün ol Nobda+ düşlär.

Sion gyzynyň dagyna,

Iýerusalim depesine ýumruk çenär.

33 Ine, hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa,

Uly goh bilen agaçlaryň şahalaryny+,

Beýik agaçlary çapýar,

Haýbatly agaçlary ýykýar.

34 Ol tokaýyň gyrymsy agaçlaryny palta bilen çapýar.

Pälwanyň goly bilen Liwan agaçlaryny ýykýar.

11 Ýessäniň+ töňňesinden bir baldak+ gögerer,

Onuň kökünden çykan şaha+ miwe berer.

 2 Ýehowanyň ruhy üstüne iner+,

Ol akyl-paýhasly+, düşünjeli bolar,

Gowy maslahatlary berer, güýç-kuwwatly bolar+,

Bilimi köp bolar, Ýehowa çuňňur hormat goýar.

 3 Ol höwes bilen Ýehowa hormat goýar*+.

Gözüniň görenine görä höküm çykarmaz,

Gulagynyň eşidenine görä käýinç bermez+.

 4 Ol garyp-gasarlara adalatly kazylyk eder,

Ýumşaklaryň aladasyny edip, ýüzgörmän käýär.

Agzyndan çykan sözi* halklary* urar+,

Agzyndan çykan demi* erbetleri ýok eder+.

 5 Biline adalat guşagyny,

Wepadarlyk kemerini dakar+.

 6 Möjek guzy bilen ýaşar*+,

Alajabars owlak bilen ýatar,

Ýolbars, göle we öküz* bile gezer*+,

Olary çagajyk bakar.

 7 Sygyr aýy bilen otlar,

Olaryň çagalary bile ýatar,

Arslan öküz kimin gök ot* iýer+.

 8 Çagajyk kepjebaşyň hininiň agzynda oýnar,

Oglanjyk elini zäherli ýylanyň hinine sokar.

 9 Olar hiç hili zyýan ýetirmez+,

Mukaddes dagymda zeper ýetirmez+.

Deňziň suwdan doluşy deý,

Ýer ýüzi Ýehowa hakdaky bilimden dolar+.

10 Şol gün Ýessäniň köki+ halklar üçin bellik kimin bolar+,

Milletler ondan maslahat sorar+.

Onuň öýi şan-şöhratdan dolar.

11 Şol gün Ýehowa halkynyň aman galanlaryny Assiriýadan+, Müsürden+, Patrosdan+, Kuşdan*+, Elamdan+, Şyngardan*, Hamatdan we deňiz adalaryndan+ halas etmek üçin ýene-de, ikinji gezek elini uzadar. 12 Ol milletler üçin bellik diker we ýer ýüzüne dargan Ysraýyl ogullaryny bir ýere jemlär+. Çar tarapa dargan ýahuda halkyny ýygnar+.

13 Efraýym göriplik etmez+,

Ýahudanyň duşmanlary ýok ediler.

Efraýymyň Ýahuda gözi gitmez,

Ýahuda hem Efraýymy ýigrenmez+.

14 Olar günbatardaky piliştlileriň üstüne çozar*,

Gündogar halklaryny bilelikde talar.

Edoma+ we Mowaba el galdyrar+,

Ammonlary boýun egdirer+.

15 Ýehowa Müsür deňziniň aýlagyny* böler+,

Ol derýa* el galdyrar+.

Gyzgyn demi* ýedi çeşmesini guradar*,

Halky çarygyny çykarman içinden geçer.

16 Ol Ysraýylyň Müsürden çykan güni edişi ýaly,

Aman galan halk+ üçin Assiriýadan şaýol çeker+.

12 Şol gün şeýle diýersiňiz:

«Ýehowa, saňa minnetdar!

Men gaharyňy getiren hem bolsam,

Gazabyň köşeşdi, maňa göwünlik berdiň+.

 2 Hudaý halasgärim!+

Oňa bil baglaryn, hiç zatdan gorkmaryn+.

Ýah* Ýehowa güýjüm hem kuwwatym,

Meniň halasgärim!»+

 3 Siz gutulyş çeşmelerinden,

Şatlyk bilen suw çekersiňiz+.

 4 Şol gün şeýle diýersiňiz:

«Ýehowa alkyş aýdyň, adyny çagyryň!

Gudratly işlerini milletlere jar ediň+,

Adynyň beýikdigini yglan ediň!+

 5 Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyň!+ Ol ajaýyp işleri etdi+.

Goý, muny bütin ýer ýüzi bilsin!

 6 Sion gyzy, şatlykdan ýaňa gygyr,

Sebäbi Ysraýylyň Mukaddesi seniň beýik Allaňdyr!»

13 Amozyň ogly Işaýanyň+ gören görnüşi*. Wawilona çykarylan höküm+:

 2 «Kert gaýanyň depesinde goşun üçin bellik dikiň+.

Olary gygyryp çagyryň, eliňizi galgadyň,

Olar hem han-begleriň gapylarynyň agzyna gelsin.

 3 Men saýlan* adamlaryma buýruk berdim+.

Gahar-gazabymy çykarmak üçin goşun topladym,

Buýsançly, edermen esgerlerimi ýygnadym.

 4 Daglardan gelýän galmagaly diňläň!

Ol märekäniň gohuna meňzeýär.

Bir ýere jem bolan halkyň+,

Patyşalaryň şowhunly sesini diňläň!

Serkerdebaşy Ýehowa uly goşun toplaýar+.

 5 Ýehowa ýer ýüzüni ýok etmek üçin,

Uzak ülkeden+,

Gögüň aňry ujundan,

Gazaply ýaraglary bilen gelýär+.

 6 Zar-zar aglaň, sebäbi Ýehowanyň güni golaýdyr!

Gudratygüýçlüniň weýrançylyk güni geler!+

 7 Şonda her kimiň eliniň ysgyny gaçar,

Ýürekleri ýarylara geler+.

 8 Adamlar howsala düşer+.

Olar burgusy tutýan aýal ýaly,

Iki bükülip, köp azap çeker.

Olar gorkup, bir-birine seredişerler,

Gam-gussadan ýaňa ýüzleri ak tam ýaly bolar.

 9 Ine Ýehowanyň ýowuz güni,

Gahar-gazap güni ýetip gelýär!

Şol gün tutuş ýurt gorkunç hala düşer+,

Ähli günäkärler ýok ediler.

10 Asmandaky ýyldyzlar şöhle saçmaz,

Ýyldyz toparlary*+ ýagtylyk bermez.

Gün dogsa-da, yşyk bolmaz,

Aý nuruny saçmaz.

11 Men ynsanlardan zalym işleri üçin,

Erbetlerden günäleri üçin hasabat soraryn+.

Tekepbirleriň şahyny döwerin,

Boýnuýogyn zalymlary peselderin+.

12 Başy ölümli ynsan sap altyndan,

Ofer altynyndan-da+ gyt bolar+.

13 Serkerdebaşy Ýehowanyň gahar-gazap gününde,

Asman sarsar, zemin ýerinden süýşer+.

14 Awçydan gaçan keýik kimin, çopansyz süri kimin,

Olar öz halkynyň arasyna dolanar,

Öz ýurduna gaçyp gider+.

15 Olaryň ele düşenleri naýzadan,

Tutulanlary gylyçdan geçiriler+.

16 Gözüniň alnynda çagalaryny bölek-bölek ederler+.

Öýlerini talarlar,

Aýallaryny zorlarlar.

17 Men olaryň üstüne,

Kümşüň gadyryny,

Altynyň gymmatyny bilmeýän midiýalylary çozduraryn+.

18 Olaryň oklary ýigitleriň içinden geçer+.

Bäbeklere rehim etmez,

Çagalara haýpy gelmez.

19 Patyşalyklaryň soltany,

Haldeýleriň+ başynyň täji, kalbynyň buýsanjy Wawilon+,

Weýran edilen Sodom we Gomorra şäherleri ýaly bolar+.

20 Ol ýerde hiç kim ýaşamaz,

Asyrlarboýy boşap ýatar+.

Araplar çadyryny dikmez,

Çopanlar sürüsini bakmaz.

21 Ol ýerde çöl haýwanlary ýaşar,

Öýleri baýguşlardan dolar,

Düýeguşlar mesgen tutar+,

Ýabany geçiler* bökjeklär.

22 Diňlerinde ýabany haýwanlar,

Kaşaň jaýlarynda şagallar uwlaşar.

Onuň soňy golaýlaşdy, sanlyja güni galdy»+.

14 Ýehowa Ýakuba rehim edip+, Ysraýyly ýene-de saýlar+ we halkyny watanyna getirer*+. Ýat milletler hem olar bilen gider, Ýakubyň maşgalasyna goşular+. 2 Ýat milletler ysraýyllary dogduk mekanyna elter. Ysraýyl halky ýat milletleri Ýehowanyň topragynda gul-gyrnak eder+ we özlerini ýesir edenleri ýesir alarlar, hojaýynlaryna agalyk ederler.

3 Ýehowa seni agyry-ynjydan, gaýgy-aladadan, gulçulykdan azat eder+. Sen şol gün 4 Wawilon patyşasy hakda şeýle goşgy aýdarsyň:

«Sütem eden hojaýynyň soňy geldi!

Zulum-sütemi gutardy!+

 5 Ýehowa erbetleriň taýagyny döwdi,

Hökümdarlaryň hasasyny çym-pytrak etdi+.

 6 Halklary gahar bilen urýany+,

Milletleri rehimsiz yzarlap, boýun egdirýäni ýok etdi+.

 7 Indi zemin asuda we parahatdyr,

Halklar begenjinden ýaňa gygyrýar+.

 8 Seniň agyr halyňy gören arça agaçlar,

Liwanyň kedr agaçlary begenýär.

Olar: „Ýykylan günüňden bäri,

Hiç kim bizi çapmaga gelmeýär“ diýýärler.

 9 Hatda ýer astyndaky mazar* hem

Saňa gujak açyp garaşýar.

Ol ölüm penjesine düşenleri,

Ýeriň zalym serdarlaryny* seniň üçin oýarýar.

Milletleriň patyşalaryny tagtlaryndan turuzýar.

10 Olaryň ählisi saňa şeýle diýýärler:

„Senem biz ýaly ejizlediňmi?

Biziň günümize düşdüňmi?

11 Seniň tekepbirligiň,

Kirişli saz gurallaryň owazy mazara* indi+.

Gurtlar düşegiň,

Gurçuklar ýorganyň boldy“.

12 Parlak ýyldyz, säher çagynyň ogly,

Sen gökden nädip ýere düşdüň?

Milletleri ýesir eden pälwan,

Sen nädip ýykyldyň?+

13 Sen öz-özüňe: „Göge galaryn+,

Tagtymy Allanyň ýyldyzlarynyň üstünde dikerin+.

Demirgazygyň çet ýerlerinde,

Ýygnak dagynyň depesinde oturaryn+.

14 Gat-gat bulutlardan ýokary galaryn,

Men Allatagala* ýaly bolaryn“ diýdiň.

15 Diýeniň bolmaz, gaýtam sen mazara* inersiň,

Çukuryň düýbüne düşersiň.

16 Seni görenler aňk-taňk bolarlar,

Saňa syn edip, şeýle diýerler:

„Ýeri sarsdyran,

Patyşalyklary titreden şu adam dälmi?+

17 Ilatly ýurdy çöle öwren,

Galalary weýran eden+,

Tussaglary azatlyga goýbermedik şu adam dälmi?“+

18 Milletleriň patyşalary,

Olaryň ählisi hormat bilen

Öz mazarynda* jaýlandy.

19 Emma sen jaýlanmarsyň,

Çüýrän* şaha meňzärsiň.

Gylyçdan geçirilen adamlaryň,

Daşly çukura zyňlan jesetleriň arasynda ýatarsyň.

Aýak astynda galan maslyk kimin bolarsyň.

20 Sen patyşalar kimin jaýlanmarsyň,

Sebäbi sen halkyňy gyrdyň,

Ýurduňy ýer bilen ýegsan etdiň.

Zalym nesliň ady hiç haçan ýatlanmaz.

21 Ogullarynyň başyny almaga taýýarlanyň,

Sebäbi ata-babalary günä etdi.

Şonda olar aýaga galyp, ýer ýüzüni eýelemez,

Tutuş ýurdy galalardan doldurmaz».

22 «Men olara garşy çykaryn»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

«Wawilondan olaryň adyny, aman galanlaryny, neberelerini we nesillerini ýok ederin»+. Muny Ýehowa aýdýar.

23 «Men olaryň ýurduny oklukirpileriň sürenine we batgalyga öwrerin. Sübse bilen süpüren ýaly, olary tutuşlygyna gyraryn»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

24 Serkerdebaşy Ýehowa ant içip, şeýle diýdi:

«Näme niýet eden bolsam amala aşar,

Nähili karara gelen bolsam ýerine ýeter.

25 Assiriýalyny öz ýurdumda öldürerin,

Daglarymda depelärin+.

Boýuntyrygyny halkymyň boýnundan,

Agyr ýüküni halkymyň gerdeninden aýraryn»+.

26 Tutuş ýer ýüzüne çykarylan karar şudur,

Milletlere garşy galdyrylan* gol şudur.

27 Serkerdebaşy Ýehowa karar çykardy.

Kim kararyny üýtgedip biler?+

Ol goluny galdyrdy.

Kim ýatyryp biler?+

28 Ahaz patyşanyň aradan çykan+ ýyly Hudaýdan habar geldi:

29 «Eý Pilişt ýurdy!

Siz taýak döwüldi diýip begenmäň.

Sebäbi ýylandan+ zäherli ýylan dörär+,

Neslinden aždarha peýda bolar.

30 Pukaranyň nowbahary garnyny doýrar,

Garyp adam rahatlykda ýatar.

Seniň halkyň açlykdan öler,

Aman galan nesliň gyrlar+.

31 Eý derweze, zar-zar agla! Eý şäher, perýat et!

Eý Pilişt ýurdy, sen howsala düşersiň,

Sebäbi demirgazykdan tüsse kimin goşun gelýändir,

Hiç bir esger nyzamyndan çykýan däldir».

32 Ýehowa Sionyň düýbüni tutdy+,

Halkynyň ejizleri şäherde pena tapar.

Olar muny milletleriň çaparlaryna habar bersinler.

15 Mowaba çykarylan höküm+:

Mowabyň Ar şäherinden+ ses-üýn çykanok,

Ol bir gijäniň içinde weýran boldy.

Mowabyň Hir şäherinden+ ses-üýn çykanok,

Ol bir gijäniň içinde weýran boldy.

 2 Halk aglap, buthana we Dibona+ tarap ýokary çykýar,

Seždegählerde* perýat edýär.

Mowap Nebo+ we Medeba+ üçin aglaýar,

Her kes saçyny syrýar+, sakgalyny gyrkýar+.

 3 Olar jul* geýip, köçelerde oturýarlar,

Jaýyň üçeginde, şäher meýdançasynda* perýat edýärler,

Olar aglaý-aglaý aşak düşýärler+.

 4 Heşbon we Elgala+ nalyş edýär,

Sesleri Ýahaza+ çenli baryp ýetýär.

Mowap esgerleri gygyryşýarlar,

Halk gorkudan ýaňa titreýär.

 5 Mowap üçin ýüregim gan aglaýar.

Onuň gaçgaklary Sogara+ we Eglat-şelişýa+ gaçýarlar.

Olar aglaşyp, Luhite tarap ýokary galýarlar.

Betbagtçylykdan ýaňa

Horonaýym ýolunda perýat edýärler+.

 6 Nemrim suwlary gurady,

Ýaşyl meýdan saraldy,

Al-ýaşyl otlar soldy, olardan nam-nyşan galmady.

 7 Olar galanja baýlygyny alyp,

Derek jülgesinden geçýärler.

 8 Halkyň perýadyndan ýaňa Mowap lerzana gelýär+.

Olaryň ahy-nalasy Eglaýyma,

Ahy-nalasy Beýer-elime eşidilýär.

 9 Dimon suwlary gana boýaldy,

Dimonyň başyna mundanam agyr betbagtçylyk indererin:

Mowapdan gaçanlaryň,

Ýurtda aman galanlaryň üstüne arslan ibererin+.

16 Sion gyzynyň dagyna,

Ýurduň hökümdaryna,

Seladan sähra ýoly bilen goç iberiň.

 2 Arnonyň+ ýalpak ýerlerinde Mowap gyzlary

Höwürtgesinden kowlan guş kimin howsala düşer+.

 3 «Maslahat ber, karary berjaý et.

Günortan çagy seniň saýaň garaňky gije kimin bolsun.

Gaçyp gelenleri gizle, gaçgaklary duşman eline berme.

 4 Eý Mowap, gaçyp gelen halkym topragyňda ýaşasyn.

Olara duşmandan pena bol+.

Zalym hojaýynyň soňy geler.

Weýrançylygyň ahyry geler.

Adamlary ezýänler köki-damary bilen ýok bolar.

 5 Şonda tagt wepaly söýgi bilen berkidiler.

Dawudyň çadyrynda tagtda oturan wepaly bolar+.

Ol dogruçyllyk bilen kazylyk eder, adalaty tiz dikelder»+.

 6 Biz Mowabyň tekepbirligi hakda eşitdik.

Ol biçak gedem+, gopbamsy, ulumsy we gaharjaň+.

Emma onuň boş sözleri hiç haçan ýerine ýetmez.

 7 Şonuň üçin Mowap betbagtçylyga uçrap perýat eder+.

Tutuş Mowap nala çeker.

Onuň ezilen halky

Hir-harasetiň+ kişmiş kökelerini küýsäp aglaşar.

 8 Heşbonyň+ üzümleri,

Sibmanyň+ üzümçilikleri gurady,

Halklaryň hökümdarlary gyzyl üzümlerini depeledi.

Olaryň şahalary Ýazere+ çenli ýetdi.

Çöle çenli uzaldy.

Şahalary ýaýrap alysdaky deňze ýetdi.

 9 Men Ýazer üçin aglaýşym ýaly,

Sibmanyň üzümçiligi üçin hem aglaryn.

Heşbon we Elgala+, siziň üçin gözýaş dökerin.

Sebäbi hasyl* we orak döwründe şatlyk-şagalaň kesildi*.

10 Baglarda şatlyk we begenç sesi kesildi.

Üzümçilikde aýdym aýdylmaýar,

Şatlyk-şowhun sesi eşidilmeýär+.

Üzüm sykýançylar üzüm sykmaýar.

Sebäbi men olaryň sesini kesdim+.

11 Mowap üçin kalbym para-para bolýar+,

Ýüregim arfanyň tary kimin titreýär.

Hir-haraset üçin bagrym dilim-dilim bolýar+.

12 Mowap seždegähinde* ysgyndan gaçýança dileg etse-de, buthanasyna baryp, doga etse-de, munuň hiç peýdasy bolmaz+.

13 Ýehowa Mowap hakda şeýle sözleri aýdypdy. 14 Indi bolsa Ýehowa şeýle diýýär: «Üç ýylyň içinde Mowap abraýdan düşüp, masgara bolar. Hakyna tutulan işçiniň gününi sanaýşy ýaly, üç ýyl hem barmak bükülip sanalar. Şonda Mowapda harasat gopar, sanlyja adam aman galar, olar örän ejiz bolar»+.

17 Damasga çykarylan höküm+:

«Damask şäheri ýok ediler,

Ol harabaçylyga öwrüler+.

 2 Aroger şäherleri+ boşap galar,

Ol ýerde sürüler ýatar,

Olary gorkuzan bolmaz.

 3 Efraýymyň galalary ýer bilen ýegsan ediler+,

Damask patyşalygy ýumrular+.

Siriýanyň aman galanlarynyň şöhraty,

Ysraýyl ogullarynyň şöhraty kimin zym-zyýat bolar».

Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

 4 «Şol gün Ýakup abraýdan gaçar,

Daýaw göwresi çöpe döner.

 5 Ýakup nesli az sanly bolar.

Olar Refaýim düzlüginde+ bugdaý hasyly orlansoň,

Çöplenen hoşa kimin bolar.

 6 Zeýtun agajynyň miwesi kakylansoň,

Ýokarky şahalarda iki-üç sany bişen zeýtunyň galyşy deý,

Bol hasyl getirýän şahalarda

Dört-bäş zeýtunyň tapylyşy deý,

Olaryň az sanlysy aman galar»+.

Muny Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa aýdýar.

7 Şol gün ynsan Ýaradyjysyna, Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyna nazaryny diker. 8 Ol elleri bilen guran+ gurbanlyk ojaklaryna*+ seretmez, barmaklary bilen ýasan keramatly pürslerine* we tütetgi ojaklaryna* bakmaz.

 9 Şol gün galalar tokaýda boşap galan oba kimin bolar+,

Ysraýyllar sebäpli taşlanyp gidilen şaha meňzär.

Galalar tutuşlygyna harabaçylyga öwrüler.

10 Sen halasgär Hudaýyňy unutdyň+,

Galaňy, Arkadagyňy ýatlamadyň+.

Gaýtam sen bag-bakjalary ekmek bilen,

Kesekiniň* nahallaryny oturtmak bilen başagaý bolduň.

11 Gündiz bagyň daşyna haýat aýladyň,

Tohumyňy gögertmek üçin,

Ir-ertirden aşagyny ýumşatdyň,

Emma keselläp, azap çeken günüň hasylyň zaýa bolar+.

12 Ine, halklaryň galmagaly eşidilýär!

Olar deňiz kimin güwleýär.

Milletleriň gohy gelýär!

Olar tolkunlar kimin möwç urýar.

13 Milletleriň sesi siliň sesine meňzär,

Alla käýände, olar dumly-duşa dargarlar.

Dagda sowrulýan samana,

Tüweleýiň äkiden ýandagyna dönerler.

14 Gijelerine gorky basar,

Daň atanda, duşman ýok bolar.

Bizi talanlaryň görjegi şudur,

Ogrularyň aljak paýy şudur.

18 Efiopiýa+ derýalarynyň boýundaky ýurduň,

Wyzzyldap uçýan mör-möjekli ýurduň waý halyna!

 2 Ol habarçylaryny gamyş gämilerde,

Deňziň üsti bilen ýollap, şeýle diýýär:

«Ýola düşüň, eý ýyndam çaparlar!

Daş-töweregini gorka salýan halkyň+,

Uzyn boýly, ýylmanak bedenli,

Güýçli hem basybalyjy milletiň,

Joşup akýan derýalary bolan halkyň ýanyna gidiň».

 3 Eý zeminiň ilaty, ýer ýüzüniň halky!

Siziň görjek zadyňyz daglaryň başynda dikilen tug* deý,

Eşitjek owazyňyz surnaý sesi deý bolar.

 4 Ýehowa maňa şeýle diýdi:

«Gün şöhlesiniň ýere ýylylyk berişi deý,

Hasyl döwri ýagyş damjalary deý,

Men arkaýyn durup, öz mekanyma* serederin.

 5 Hasyl ýygymyndan öň,

Üzüm güllerini döküp, miwesi bişip başlanda,

Bag gaýçysy bilen şahalary gyrkylar,

Üzümiň murtjagazlary kesilip taşlanar.

 6 Olaryň ählisi dagyň ýyrtyjy guşlaryna,

Ýabany haýwanlara şam bolar.

Olar tomsuna ýyrtyjy guşlara,

Hasyl ýygnalýan döwri ýabany haýwanlara iýmit bolar.

 7 Şol döwür Serkerdebaşy Ýehowa sowgat getiriler,

Daş-töweregini gorka salýan halk,

Uzyn boýly, ýylmanak bedenli,

Güýçli hem basybalyjy millet,

Joşup akýan derýalary bolan halk,

Serkerdebaşy Ýehowanyň adyny göterýän Sion dagyna+ sowgat getirer».

19 Müsüre çykarylan höküm+:

Ine, Ýehowa buludyň üstünde Müsüre uçup gelýär!

Müsüriň dereksiz taňrylary Allanyň öňünde titrär+,

Gorkudan ýaňa Müsüriň ýüregi ýarylar.

 2 «Men müsürlileriň arasyna duşmançylyk salaryn,

Olar biri-biri bilen söweşerler.

Dogan doganyna, goňşy goňşusyna,

Şäher şähere, patyşalyk patyşalyga garşy çykar.

 3 Müsür aljyrar we howsala düşer,

Men onuň niýetini puja çykararyn+.

Olar dereksiz taňrylardan, jadygöýlerden,

Palçylardan we bilgiçlerden* kömek sorarlar+.

 4 Men Müsüri zalym hojaýynyň eline bererin.

Rehimsiz patyşa agalyk eder»+.

Muny hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

 5 Deňziň suwlary gurar,

Derýanyň suwlary çekilip, takrap galar+.

 6 Derýalar porsar,

Müsüriň Nil derýasynyň şahalary çekiler, gurar,

Gamyşlar we gargylar çüýrär+.

 7 Niliň guýýan ýerlerinde, derýa boýunda ösen gök otlar,

Niliň kenaryndaky ähli ekin meýdanlar+ gurar+.

Olar ýele sowrular we ýom-ýok bolar.

 8 Balykçylar perýat ederler,

Nile çeňňek taşlaýanlar aglaşarlar,

Suwa tor atýanlaryň sany azalar.

 9 Zygyrdan* mata dokaýanlar+,

Tarada mata dokaýanlar utanja galar.

10 Müsüriň dokmaçylarynyň haly harap bolar,

Hakyna tutulan işçileri gam çekerler.

11 Suwanyň+ han-begleri akmakdyr,

Faraonyň akyldarlarynyň maslahatlary biderekdir+.

Siziň faraona: «Men akyldarlaryň neberesinden,

Gadymy şalaryň neslinden» diýmäge neneň diliňiz barýar?

12 Seniň akyldarlaryň nirede?+

Olar paýhasly bolsa, Serkerdebaşy Ýehowanyň

Müsüre çykaran kararyny aýtsynlar hany?

13 Suwanyň hanlary akmaklyk etdi.

Nobyň*+ begleri aldawa düşdi.

Tirebaşylary Müsüri ýoldan çykardy.

14 Ýehowa ony aljyratdy+,

Akyldarlary hemişe Müsüri azaşdyrardy,

Ol öz gusugyna taýýan serhoş kimin boldy.

15 Müsüriň elinden hiç zat gelmez,

Onuň başy-da, guýrugy-da,

Şahasy-da, gamşy-da* hiç zat başarmaz.

16 Şol gün Müsür aýal ýaly gorkar. Serkerdebaşy Ýehowanyň galdyran elinden ýaňa sandyrar+. 17 Ýahuda ýurdy Müsüri gorka salar. Ýahudanyň adyny eşidende, onuň ýüregi ýarylar, sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa oňa höküm çykardy+.

18 Şol gün Müsüriň bäş şäheri kengan dilinde gepläp+, Serkerdebaşy Ýehowa wepaly bolmak hakda kasam içer. Olaryň birine Weýrançylyk şäheri diýler.

19 Şol gün Müsüriň ortasynda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagy* gurlar. Ýurduň serhetlerinde Ýehowanyň hatyrasyna sütün dikiler. 20 Olar Müsür ýurdunda Serkerdebaşy Ýehowa üçin bellik we şaýat bolar. Onuň halky zalymlykdan ýaňa ejir çekip, Ýehowa perýat eder. Alla beýik halasgär iberip, olary halas eder. 21 Ýehowa müsürlilere özüni tanadar, şol gün olar hem Ýehowany tanarlar, gurbanlyklar we sadakalar bererler. Olar Ýehowa wada berip, ony berjaý ederler. 22 Ýehowa Müsüri urup+, jeza berende, olar sagalar. Müsürliler Ýehowa dolanar we dilegi kabul bolup, sagalar.

23 Şol gün Müsürden Assiriýa şaýol çekiler+. Assiriýa halky Müsüre geler, Müsür halky Assiriýa barar. Olar Hudaýa bilelikde gulluk ederler. 24 Şol gün Ysraýyl hem Müsür bilen Assiriýa goşular+, ol arkaly ýer ýüzüne bereket berler. 25 Sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa olara bereket berip şeýle diýer: «Müsür meniň halkym, Assiriýa ellerimiň işi, Ysraýyl mirasym! Olara bereket bererin»+.

20 Assiriýa patyşasy Sergen baş serkerdäni* Aşdota+ iberdi. Şol ýyl ol Aşdota hüjüm edip, ony basyp aldy+. 2 Şonda Ýehowa Amozyň ogly Işaýa+: «Bar, egniňdäki july* we aýagyňdaky çarygy çykar» diýdi. Ol aýdylany edip, ýarym-ýalaňaç we aýakýalaňaç halda gezdi.

3 Soňra Ýehowa şeýle diýdi: «Gulum Işaýanyň üç ýyllap ýarym-ýalaňaç we aýakýalaňaç ýöremegi Müsür+ hem-de Efiopiýa+ üçin alamat+ hem-de nyşan bolar. 4 Assiriýa patyşasy müsürlileri ýesir alar+ we efiopiýalylary sürgün eder. Çagalary, garrylary aýakýalaňaç, ýarym-ýalaňaç we otyrýeri* açyk halda äkider. Şeýdip, Müsür masgara bolar. 5 Efiopiýa umyt baglaýanlar, Müsüre buýsanýanlar gorkarlar we masgara bolarlar. 6 Şol gün kenarda ýaşaýan halk: „Biz olara umyt bagladyk. Seret, indi olara nämeler boldy? Biz Assiriýa patyşasyndan halas bolmak üçin, olardan pena gözledik. Indi nädip halas bolarys?“ diýer».

21 Deňiz deý ýaýylyp ýatan çöle* çykarylan höküm+:

Tüweleýiň günortadan gelşi ýaly,

Betbagtçylyk hem çölden, gorkunç ýurtdan geler+.

 2 Men gorkunç görnüş* gördüm:

Dönük dönüklik edýär,

Weýran ediji weýran edýär.

Elam, hüjüm et! Midiýa+, gaba!

Men onuň* çekdiren ahy-nalasynyň soňuna çykaryn+.

 3 Gören görnüşimden ýaňa bar ýerim agyrýar+.

Burgusy tutýan aýal ýaly iki bükülip, yza çekýärin.

Aladadan ýaňa hiç zat eşitmeýärin,

Gaýgy-gamdan ýaňa hiç zat görmeýärin.

 4 Ýüregim biynjalyk bolýar, kalbym gorkudan titreýär,

Garaşan alagaraňkylygym indi meni gorkuzýar.

 5 Saçak ýazyp, ýer taýýarlaň!

Iýiň, içiň!+

Han-begler, turuň, galkanlaryňyzy ýaglaň!

 6 Ýehowa maňa şeýle diýdi:

«Bar, garawul goý! Goý, ol gören-eşidenini habar bersin».

 7 Ol jübüt atlara,

Eşeklere we düýelere goşulan

Söweş arabalaryny gördi.

Ol gözüni aýyrman dykgatly seretdi.

 8 Soňra ol arslan kimin arlap şeýle diýdi:

«Ýehowa, uzakly gün garawul diňinde durýaryn,

Gijelerine ýerimde nobatçylyk edýärin+.

 9 Ine, jübüt atlara goşulan

Söweş arabalarynda adamlar gelýär»+.

Soňra ol gygyryp şeýle diýdi:

«Ýykyldy, Wawilon ýykyldy!+

Hudaý onuň oýma butlaryny ýere zyňyp, çym-pytrak etdi!»+

10 Galla kimin döwlen halkym!

Harmanyma ýygnalan däneler!+

Men Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowadan eşidenlerimi gürrüň berdim.

11 Duma* çykarylan höküm:

Segirden+ biri:

«Garawul, haçan daň atar?

Garawul, haçan daň atar?» diýip sorady.

12 Garawul şeýle jogap berdi:

«Daň atyp barýar, gije-de düşer.

Näme sorajak bolsaň sora!

Gelip dur!»

13 Düzlüge çykarylan höküm:

Dedanyň+ kerwenleri,

Siz gijäňizi jeňňellikde geçirersiňiz.

14 Teýmanyň+ ilaty!

Suwsanlary gandyryň,

Gaçgaklary çörek bilen garşylaň.

15 Olar gylyçdan, gynyndan çykarylan gylyçdan,

Çekilen ýaýdan, agyr uruşdan gaçyp geldiler.

16 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Kedaryň+ şan-şöhratyny bir ýylyň içinde ýok ederin. Hakyna tutulan işçiniň gününi sanaýşy ýaly, onuň wagty hem barmak bükülip sanalar. 17 Kedar goşunyndan az sanly ýaýçy aman galar. Muny Ysraýyl Hudaýy Ýehowa aýtdy».

22 Görnüş jülgesine* çykarylan höküm+:

Size näme bolýar? Üçekleriňize näme üçin çykýarsyňyz?

 2 Eý şadyhorram şäher!

Sen goh-galmagaldan we dawa-jenjelden doludyň.

Seniň halkyň heläk boldy, ýöne gylyçdan ölmändi,

Söweş meýdanynda wepat bolmandy+.

 3 Zalym baştutanlaryň gaçyp gitdi+.

Olar ok-ýaýsyz ýesir düşdi.

Uzaga gaçsalar-da,

Ele düşenleriň ählisi ýesir alyndy+.

 4 Şonuň üçin men şeýle diýdim:

«Maňa seretmäň,

Men ajy hasrat çekeýin+.

Maňa göwünlik bermäň,

Heläk bolan halkymyň gyzy* üçin aglaýyn+.

 5 Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowanyň gününde

Görnüş jülgesinde başagaýlyk,

Howsalalyk we heläkçilik bolar+.

Gala ýer bilen ýegsan ediler+,

Agy sesi daglarda ýaň salar.

 6 Elam+ ok gabyny eline alar,

Atlara we söweş arabalaryna münüp geler.

Hir+ galkanyny taýýarlar.

 7 Seniň gözel jülgeleriň,

Söweş arabalaryndan dolar.

Derwezäniň öňünde hatar-hatar atlylar durar.

 8 Ýahudanyň elinden galkany alnar.

Şol gün siz Tokaý öýi+ atly ýarag ambaryna seredip durarsyňyz. 9 Dawut şäheriniň diwarlarynda köp jaýryklary görersiňiz+, aşaky howza+ suw ýygnarsyňyz. 10 Iýerusalimdäki jaýlary sanarsyňyz, şäher diwarlaryny berkitmek üçin jaýlaryňyzy ýykarsyňyz. 11 Köne howzuň suwy üçin iki diwaryň arasynda howdan gazarsyňyz. Emma siz gadymy günlerde betbagtçylyk taýýarlap goýan Beýik Hudaýy* ýatlamarsyňyz, ol hakda oýlanmarsyňyz.

12 Şol gün Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa

Size aglamagy, ýas tutmagy+,

Saçyňyzy syryp, jul* geýmegi buýrar.

13 Emma siz öküz, goýun soýup,

Et iýýärsiňiz, şerap içýärsiňiz+,

Şatlanyp, begenip şeýle diýýärsiňiz:

„Iýeliň, içeliň, barybir ertir öleris“»+.

14 Şonda Serkerdebaşy Ýehowa maňa şeýle diýdi: «„Eý halk, eden şu günäňizi ölýänçäňiz bagyşlamaryn“+. Muny Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar».

15 Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Baş wezir* Şebnanyň+ ýanyna bar-da, şeýle diý: 16 „Seniň bärde mazar gazmaga näme hakyň bar? Bärde ata-babaň jaýlandymy näme?“ Ol özüne dagda mazar, gaýada gabyr* gazdyrýar. 17 „Eý ynsan, Ýehowa seni bat bilen aşak zyňar. Ol seniň ýakaňdan tutup, 18 top kimin togalar we giň sähra çykaryp taşlar. Sen şol ýerde ölersiň, haýbatly söweş arabalaryň hem şol ýerde galar. Şeýdip, hojaýynyň öýi masgara bolar. 19 Men seni oturan ýeriňden kowaryn, wezipäňden boşadaryn.

20 Şol gün men gulum Hilkiýanyň ogly Alyýakymy+ çagyraryn. 21 Men seniň donuňy oňa geýdirerin, guşagyňy biline guşaryn+, wezipäňi oňa bererin. Ol Iýerusalim ilatynyň we Ýahuda öýüniň atasy bolar. 22 Onuň döşüne Dawut öýüniň açaryny+ dakaryn. Onuň açanyny hiç kim ýapmaz, ýapanyny hiç kim açmaz. 23 Men ony berk diwara asgyç kimin kakaryn we ol atasynyň öýüne şöhrat* getirer. 24 Atasynyň öýüniň şöhraty* ondan asylar, ähli kiçi gap-gaçlaryň, jamlaryň we uly küýzeleriň asgyçdan asylyşy ýaly, nebereleri hem-de nesilleri oňa bil baglarlar“».

25 «Şol gün diwara kakylan asgyç ýok ediler+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Ony çapyp taşlarlar, ondan asylan zatlar hem çym-pytrak bolar. Muny Ýehowa aýdandyr».

23 Tire çykarylan höküm+:

Tarşyş gämileri+, aglaň!

Gämi duralgaňyz weýran edildi, indi hiç kim baryp bilmez.

Şu habary olar Kittim ýurdunda+ eşiderler.

 2 Kenarda ýaşaýan halk, dymyň!

Seni deňiz üsti bilen gelýän Sidon+ täjirleri baý etdi.

 3 Şihor*+ gallasy, Nil hasyly seniň gazanjyňdy,

Olar deňiz üsti bilen getirilerdi.

Başga halklar hem olardan peýda görerdi+.

 4 Deňiz galasy Sidon, utan!

Sebäbi deňiz şeýle diýdi:

«Burgym tutmady, çaga dogurmadym,

Ogul-gyzlary kemala getirmedim»+.

 5 Müsür hakdaky habar+ kimin Tir hakdaky habar hem

Halklaryň kalbyny dilim-dilim eder+.

 6 Kenarda ýaşaýan halk, dady-perýat ediň!

Tarşyşa gaçyň!

 7 Gadymy günlerden,

Ýaşlygyndan bäri özüne buýsanýan şäheriňiz şumy?

Ol uzak ülkelerde ýaşamak üçin menzil-menzil ýol sökerdi.

 8 Tir şalaryny tagtda oturdýardy.

Täjirleri han-beglerdi,

Söwdagärleri atly-abraýly adamlardy.

Kim oňa höküm çykardy?+

 9 Hökümi Serkerdebaşy Ýehowa çykardy.

Hudaý gözelligine buýsanýan ýurdy abraýdan düşürdi,

At-abraýly adamlaryny masgara etdi+.

10 Eý Tarşyş gyzy, Nil derýasy kimin ýurduňa aýlanyp çyk.

Indi ol ýerde gämi ussahanalary* bolmaz+.

11 Alla deňze tarap goluny galdyrdy,

Patyşalyklary silterledi.

Ýehowa Finikiýa galalaryny ýumurmagy buýurdy+.

12 Ol şeýle diýdi: «Ezilen gyz, Sidonyň boý gyzy,

Indi ýüzüň gülmez+.

Tur, Kittime+ gaç,

Ýöne ol ýerde-de kalbyň rahatlyk tapmaz».

13 Ine, haldeýleriň+ ýurdy!

Ony* assiriýalylar+ däl-de, haldeýler

Çöl haýwanlarynyň mesgenine öwrerler.

Olar gabaw diňlerini gurarlar,

Şäheriň berk diňlerini ýer bilen ýegsan ederler+,

Harabaçylyga öwrerler.

14 Tarşyş gämileri, dady-perýat ediň!

Sebäbi siziň galaňyz weýran edildi+.

15 Şol günden başlap Tir 70 ýyllap+ — bir patyşanyň ömrüne deň bolan döwür — ýatdan çykarylar. 70 ýyl geçensoň, ahlaksyz aýal hakdaky aýdymyň sözleri Tirde berjaý bolar:

16 «Unudylan ahlaksyz aýal, arfaňy al-da, şähere aýlan.

Ökdelik bilen saz çalyp,

Ençeme aýdym aýt.

Goý, olar seni ýatlasynlar».

17 Ýehowa 70 ýyl geçensoň, Tire nazar salar. Tir öňki işine başlar. Ýer ýüzüniň ähli patyşalary bilen ahlaksyzlyk eder. 18 Emma onuň gazanjy we girdejisi Ýehowa üçin mukaddes bolar. Olar sandyga salynmaz we ýygşyrylyp goýulmaz. Sebäbi onuň gazanjy Ýehowanyň huzurynda gezýänlere berler. Olar hem doýa-gana iýerler we owadan lybas geýerler+.

24 Ýehowa ýurdy boşadyp, çöle öwrer+.

Ol ýurdy agdar-düňder edip+,

Ilatyny dumly-duşa dargadar+.

 2 Betbagtçylyk ähli adamlaryň:

Halkyň-da, ruhanyň-da,

Guluň-da, hojaýynyň-da,

Gyrnagyň-da, bikäniň-de,

Satyjynyň-da, alyjynyň-da,

Karz bereniň-de, karz alanyň-da,

Algydaryň-da, bergidaryň-da başyndan iner+.

 3 Ýurt boşap galar,

Bütinleý talanar+,

Sebäbi muny Ýehowa aýdýar.

 4 Ýurt ýas tutup*+ dargaýar,

Mes toprak saralyp-solup barýar.

Ýurduň abraýly adamlary güýçden gaçýar.

 5 Adamlar topragy haram etdiler+,

Kanuny berjaý etmediler+.

Düzgünleri üýtgedip+,

Ebedilik* ähti bozdular+.

 6 Ýurda nälet siňdi+,

Halk eden günäsiniň jezasyny çekýär.

Şonuň üçin ýurduň halky kemeler,

Sanlyja adam galar+.

 7 Täze şerap ýas tutýar*, üzüm şahasy guraýar+,

Ýüregi şatlykdan doly halk hasrat çekýär+.

 8 Deprekleriň sesi,

Şadyýan adamlaryň gülküsi kesildi,

Arfanyň owazy öçdi+.

 9 Olar şerap içende, aýdym aýtmaýar,

Çakyryň tagamy awy ýaly bolýar.

10 Boşap galan şäher weýran boldy+,

Ähli jaýlar gulplandy, hiç kim girip bilmedi.

11 Olar şerap tapman köçelerde nalady,

Begenjinden nam-nyşan galmady,

Ýurduň şatlygy gaýyp boldy+.

12 Şäher weýran boldy,

Derwezesi bölek-bölek edildi+.

13 Zeýtun agajy kakylandan soň+,

Üzüm hasyly ýygnalandan soň,

Olaryň sanlyja miwesiniň galyşy ýaly,

Şu halk hem beýleki halklaryň arasynda az sanly bolar+.

14 Halkyň aman galanlary gygyrarlar,

Begenjinden ýaňa aýdym aýdarlar,

Deňizde* Ýehowanyň şöhratyny wasp ederler+.

15 Olar nurly ülkede*+ Ýehowany şöhratlandyrarlar,

Adalarda Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyny beýgelderler+.

16 Ýeriň aňry uçlaryndan:

«Adalatly Hudaýa şöhrat!»+ diýen aýdym sesi eşidilýär.

Men bolsa: «Görgüli men, görgüli!

Waý meniň halyma! Dönükler dönüklik edýär.

Dönükler dönüklik bilen dönüklik edýär»+ diýdim.

17 Ýurduň ilaty, size gorky, çukur we duzak garaşýar+.

18 Gorkunç sesden gaçan çukura düşer,

Çukurdan çykan duzaga düşer+.

Asmanyň suw bentleri açylar,

Zeminiň düýbi sarsar.

19 Ýer jaýrylyp, çat açar.

Ýer lerzana geler,

Ol güýçli titrär+.

20 Ýer serhoş kimin yraň atar,

Şemala yranýan çadyr deý bolar.

Günäsi egninden basar+,

Ol ýykylar, gaýdyp ýerinden galmaz.

21 Şol gün Ýehowa gökdäki goşundan,

Ýer ýüzüniň patyşalaryndan hasabat sorar.

22 Olar çukura taşlanan tussaglar kimin,

Bir ýere jemlener.

Olar ýerzemine salnar,

Köp gün geçensoň jezasyny çeker.

23 Doly Aý utanar,

Parlak güneş uýalar+.

Sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa

Sion dagynda+ we Iýerusalimde Patyşa boldy+,

Halkyň ýaşulularynyň öňünde şöhratlandy+.

25 Ýehowa, meniň Hudaýym!

Seni arşa galdyraýyn, adyňy wasp edeýin.

Sebäbi sen täsin işleri etdiň+.

Olary gadymy günlerde niýetlediň+,

Wepaly bolup+, sözüňde durduň.

 2 Şäheri daş üýşmegine,

Galany harabaçylyga öwürdiň.

Gelmişekleriň şäheri weýran edildi,

Indi asla dikeldilmez.

 3 Muny gören güýçli halk seni şöhratlandyrar,

Zalym milletleriň şäheri senden gorkar+.

 4 Sen ejize gala bolduň,

Garyby zulum-sütemden goradyň+.

Apy-tupanda gaçybatalga bolduň,

Yssy howada saýa saldyň+.

Çabganyň diwara urşy ýaly,

Zalymlaryň gahary depesine uranda,

 5 Çölüň yssysy ýaly, olaryň gazaby tutaşanda,

Sen ýat adamlaryň arryldysyny kesdiň.

Buludyň saýasynyň yssyny ýatyryşy deý,

Zalymlaryň galmagalyny ýatyrdyň.

 6 Serkerdebaşy Ýehowa şu dagda+ ähli halklar üçin toý tutar.

Onuň saçagynda näz-nygmatlar+,

Süýji* şeraplar,

Etli* naharlar,

Süýji, arassa şerap bolar.

 7 Şol dagda Hudaý halklara oralan kepeni,

Ähli milletlere örtülen matany ýyrtyp taşlar.

 8 Ol ölümi hemişelik ýok eder*+,

Älemiň Hökümdary Ýehowa ähli gözýaşlary süpürer+.

Bütin ýer ýüzünde kemsidilen halkynyň abraýyny dikelder.

Muny Ýehowa aýdýar.

 9 Şol gün olar diýer:

«Ine biziň Hudaýymyz!+

Biz oňa umyt baglaýarys+,

Ol bizi halas eder+.

Ine biziň Ýehowa Hudaýymyz!

Biz oňa umyt baglaýarys.

Begeneliň, şatlanalyň,

Sebäbi ol bizi halas eder»+.

10 Ýehowa şu dagy öz eli bilen gorar+.

Saman goşulyp dersiň depelenişi deý,

Mowap hem öz ýurdunda basgylanar+.

11 Ýüzüjiniň ellerini galgadyşy deý,

Ol hem Mowaba el galdyrar.

Ol ussatlyk bilen

Mowabyň tekepbirligini ýok eder+.

12 Ol onuň galalaryny,

Beýik diwarlaryny ýumrup taşlar,

Ony ýer bilen ýegsan eder.

26 Şol gün Ýahuda ýurdunda+ şeýle aýdym ýaňlanar+:

«Biziň berk galamyz bar+,

Alla diwar we depe ýaly goraýar+.

 2 Derwezeleri açyň+,

Wepaly we dogruçyl halk içeri girsin.

 3 Sen bütin ýüregi bilen bil baglaýanlary halas edersiň,

Olary asuda hem parahat ýaşadarsyň+,

Sebäbi olaryň daýanjy diňe sensiň+.

 4 Ýehowa elmydama bil baglaň+,

Sebäbi Ýah* Ýehowa ebedilik Arkadagdyr+.

 5 Ol beýikde we belent şäherde ýaşaýan halky peseldýär,

Ýere düşürýär,

Ýer bilen ýegsan edýär,

Gara guma garýar.

 6 Ol aýak astynda galar,

Ezilen adam ony basgylar, ejiz ony depelär».

 7 Hudaýhon adamyň ýoly gönüdir,

Sebäbi sen dogruçylsyň,

Dogruçylyň ýoluny tekizleýärsiň.

 8 Eý Ýehowa, hökümleriňi berjaý edýäris,

Saňa umyt baglaýarys.

Adyňa hormat goýýarys, hemişe adyň hakda oýlanýarys.

 9 Seni gijelerine janym-tenim bilen küýsedim,

Bütin durkum bilen gözledim+.

Ýer ýüzüni höküm edeniňde,

Il-gün adalatyňy öwrenýär+.

10 Emma erbet dogruçyllygy öwrenmez,

Ýagşylyk edilse-de, gadyryny bilmez+.

Ol adalat ýurdunda pislik edýär+,

Ýehowanyň şan-şöhratyny görmez+.

11 Ýehowa, olar galdyran eliňi görmeýär+.

Söýgi* bilen halkyňy goraýarsyň,

Muny gören erbetler utanja galar.

Duşmanlaryňy alaw ýalmap ýuwudar.

12 Ýehowa, bizi asuda ýaşadarsyň+.

Sebäbi her bir işimize

Ak pata berýärsiň.

13 Ýehowa Hudaýymyz, başga hojaýynlar agalyk etse-de+,

Seniň adyň dilimizden düşmeýär+.

14 Olar jesetdir, indi asla ýaşamaz,

Olar ölüm ukusyna gider, indi ýerinden turmaz+.

Sen olary ýok edip, adyny aýyrmak üçin,

Günäleriniň hasabyny soradyň.

15 Ýehowa, sen halky köpeltdiň,

Halkyň sanyny artdyrdyň.

Özüňi şöhratlandyrdyň+.

Ýurduň serhetlerini giňeltdiň+.

16 Ýehowa, olar agyr gününde seni ýatlady,

Temmi bereniňde, pyşyrdap, saňa ýüregini dökdi+.

17 Burgusy tutup, gygyrýan aýala,

Çagany dünýä inderýän gelne meňzäp,

Ýehowa, beren temmiňden azap çekýärdik.

18 Göwreli bolduk, burgymyz tutdy,

Emma şemaldan başga hiç zat dünýä inmedi.

Watanymyza ýeňiş getirmedik,

Ýurdumyza çaga dogrup bermedik.

19 «Ölüleriň direler.

Merhumlarym ýerinden turar+.

Ýerastynyň ilaty+,

Oýan, şatlykdan ýaňa gygyr!

Säher* çygy kimin damjalar üstüňe damar,

Zemin ölüm ukusyna gidenleriňi oýarar*.

20 Eý halkym, içki otaglaryňyza giriň,

Gapylaryňyzy gulplaň+.

Gaharym köşeşýänçä*,

Az salym gizleniň+.

21 Ine, Ýehowa mekanyndan gelýär,

Ilatdan etmişleriniň hasabatyny sorar.

Ýurtda dökülen ganyň üsti açylar,

Toprak jesetleriň üstüni açar».

27 Şol gün Ýehowa haýbatly,

Uly we kesgir gylyjyny+ aždarhanyň*,

Uly süýreniji ýylanyň kellesinden inderer.

Deňiz läheňini,

Towlanýan ýylany, aždarhany öldürer.

 2 Şol gün oňa* şeýle aýdym aýdyň:

«Eý üzüm bagy, köpürjikli şerap berýän bag!+

 3 Ony goraýan men, Ýehowa+,

Her pursatda suwarýaryn+.

Hiç kim zyýan ýetirmez ýaly,

Gije-gündiz garawulçylyk edýärin+.

 4 Indi men köşeşdim+.

Kim ýandak we tikenek bilen garşyma çykyp biler?

Men olary depelärin we ýakyp kül ederin.

 5 Goý, olar galama pena gözläp gelsinler,

Meniň bilen ýaraşsynlar,

Ýaraşsynlar meniň bilen!»

 6 Geljekki günlerde Ýakup kök urar,

Ysraýyl pyntyklap, gül açar+,

Ikisi-de bol hasyl berer+.

 7 Ol rehimsizlik bilen urulmalymy?

Zalymlyk bilen öldürilmelimi?

 8 Elhenç ses bilen gygyryp söweşersiň, ony kowarsyň.

Gündogar şemaly öwsende,

Zarply demiň bilen tozadarsyň+.

 9 Şeýdip, Ýakubyň günäsi ýuwlar+,

Günäsi geçilen güni almytyny alar:

Ol gurbanlyk ojagynyň* daşlaryny,

Hek kimin owradar.

Ne keramatly pürsleri*, ne-de tütetgi ojaklary* galar+.

10 Berk galada hiç kim ýaşamaz,

Öri meýdanlar çöle döner we boşap galar+.

Ol ýerde göle otlar hem ýatar,

Onuň şahalaryny iýer+.

11 Onuň şahalary gurap galar,

Aýallar gelip, olary döwer,

Oda ýakyp kül eder.

Olar akylsyz halk+,

Şonuň üçin Ýaradanyň olara haýpy gelmez,

Olary Döreden rehim etmez+.

12 Ysraýyl halky! Şol gün Ýehowa joşup akýan derýadan* tä Müsür jülgesine*+ çenli ýerlerden sizi ýekän-ýekän ýygnar. Edil bagbanyň agajy kakyp, ýekeje miwesini galdyrman ýygnaýşy ýaly, siziň hem ähliňizi ýygnar+. 13 Şol gün surnaý sesi ýaň salar+, Assiriýada ölüm penjesine düşenler+, Müsür topragyna darganlar+ gelip, Iýerusalimiň mukaddes dagynda Ýehowa sežde ederler+.

28 Efraýym+ serhoşlarynyň owadan* täjiniň* waý halyna!

Onuň gözelligi gül kimin solar.

Mes toprakly depedäki şäheriň waý halyna!

Onuň ilaty şeraba göwün beripdir.

 2 Ine, Ýehowa güýçli pälwany iberer.

Ol buz we harasat kimin,

Gara bulut we apy-tupan kimin gelip,

Täji alar we gazap bilen ýere pylçap urar.

 3 Efraýym serhoşlarynyň owadan* täji

Aýak astynda basgylanar+.

 4 Mes toprakly depedäki şäheriniň gözelligi

Gül kimin solar.

Ol tomus gelmänkä, bişen injir kimin bolar,

Ony gören adamlar miwesini iýer.

5 Şol gün Serkerdebaşy Ýehowa aman galan halky+ üçin owadan täje we gülden edilen täje meňzär. 6 Ol kazylary adalatly höküm çykarmaga höweslendirer, şäher derwezesinde duşmany garşy alýan ýigitlere batyr ýürek berer+.

 7 Ruhanylar we pygamberler şerap içip ýoldan çykýar.

Olar lül bolup yraň atýar.

Içgiden doýup azaşýar.

Şerap olaryň akylyny alýar.

Içgiden yraň atýar.

Görýän görnüşleri* olary aldaýar.

Adalatly karar çykaryp bilmeýär+.

 8 Saçaklary gusukdan dolýar,

Arassa ýer galmaýar.

 9 Olar şeýle diýýärler:

«Ol kime akyl satýar? Kime habar berýär?

Ýaňy süýtden aýrylan çagalaramy?

Süýtden kesilen balalaramy?

10 Sen: „Tabşyryk üstüne tabşyryk,

Tabşyryk üstüne tabşyryk,

Ölçeg üstüne ölçeg, ölçeg üstüne ölçeg*+.

Biraz şu ýerde, biraz ol ýerde“ diýýärsiň».

11 Şonuň üçin ol halky bilen düşnüksiz* ýat dilde gepleýänler arkaly gepleşer+. 12 Hudaý olara şeýle diýipdi: «Bärde dynç alynýar. Ýadap gelenler dynç alsynlar. Bärsi dynç alynýan ýer». Emma olar diňlemek islemediler+. 13 Ýehowa olara ýene-de şeýle diýer:

«Tabşyryk üstüne tabşyryk, tabşyryk üstüne tabşyryk,

Ölçeg üstüne ölçeg, ölçeg üstüne ölçeg*+.

Biraz şu ýerde, biraz ol ýerde».

Emma olar ýöräp barýarka büdräp,

Arkanlygyna ýykylar,

Ýaralanar, duzaga düşer we ýesir alnar+.

14 Öwünjeňler, Ýehowanyň sözüni diňläň,

Iýerusalim halkynyň baştutanlary!

15 Siz şeýle diýýärsiňiz:

«Ölüm bilen äht edişdik+,

Mazar* bilen ylalaşyk baglaşdyk*.

Suwlar sil kimin dolup daşsa-da,

Bizi gark edip bilmez.

Sebäbi ýalany pena edindik,

Aldawyň arkasynda gizlendik»+.

16 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:

«Siony berk daşyň üstünde guraryn+.

Düýbüni+ gymmatbaha daşdan*+ tutaryn.

Ol daşa iman eden howsala düşmez+.

17 Men adalaty ölçeg ýüpi+,

Dogruçyllygy ölçeg daşy* ederin+.

Ýalanyň galasyna buz ýagdyryp, ýer bilen ýegsan ederin,

Gaçybatalgasyny sile basdyraryn.

18 Ölüm bilen eden ähtiňiz güýjüni ýitirer,

Mazar* bilen baglaşan ylalaşygyňyz ýatyrylar+.

Suwlar dolup-daşyp, sizi gark eder.

19 Her sapar sil gelende, sizi äkider+.

Ol her säher geler,

Gündiz-de, gije-de geler.

Olar gorkmasa, aýdylana düşünmez»*.

20 Düşek uzalyp ýatardan gysga bolar,

Ýorgan bürenip ýatardan insiz bolar.

21 Ýehowa Perazim dagynda beýgelşi ýaly beýgeler.

Gibgon jülgesindäki ýaly, ýerinden galar+.

Şeýdip, ol işini — täsin işini,

Amallaryny — geň amallaryny berjaý eder+.

22 Ýaňsylap gülmäň+,

Ýogsam size salnan gandallar has-da gysylar.

Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowanyň

Ýurdy ýok etjekdigini eşitdim+.

23 Gulak salyň, meni diňläň,

Üns beriň, aýdýanlarymy eşidiň!

24 Daýhan tohum sepmän, uzakly gün ýer sürüp gezermi?

Mellegini dyngysyz tekizläp ýörermi? Ýok!+

25 Ol ýeri tekizlänsoň,

Gara ziräni we adaty ziräni sepmezmi?

Mellegine bugdaý, dary, arpa ekmezmi?

Ekin meýdanynyň gyralaryna çowdary*+ sepmezmi?

26 Alla ynsana tälim berer,

Dogry ýoly öwreder+.

27 Gara zire harmanda döwülmeýär+,

Ziräniň üstünde döwek arabasy ýöredilmeýär.

Gara zire taýak bilen,

Zire tokmak bilen döwülýär.

28 Harmanda galla un bolýança döwülýärmi?

Ýok, beýle edilmeýär+.

Ata goşulan döwek arabasy harmanda sürülse-de,

Galla un bolýança döwülmeýär+.

29 Şu sözleri aýdan Serkerdebaşy Ýehowadyr.

Maslahatlary* täsindir,

Edýän işleri beýikdir+.

29 «Arygeliň*,

Dawudyň düşlän şäheri+ Arygeliň waý halyna!

Goý, baýramlaryňyz+ baýramlara ulaşyp,

Ýylyň ýylyna dowam edibersin.

 2 Men barybir Arygeliň başyna betbagtçylyk indererin+,

Ol ýerde agy sesi we dady-perýat eşidiler+.

Ol meniň üçin gurbanlyk ojagy* ýaly bolar+.

 3 Seniň daşyňda düşelge guraryn,

Gabaw depesini galdyraryn.

Seni gabawa salaryn+.

 4 Seni peselderin,

Ýatan ýeriňden geplärsiň.

Guma bulaşyp ýatansoň, sesiň zordan eşidiler.

Ýatan ýeriňden geplärsiň+,

Jadygöýler ýaly düşnüksiz sözlärsiň,

Guma bulaşansoň, sesiň zordan eşidiler.

 5 Bir ýere üýşen duşmanlaryň tozana döner+,

Jem bolan zalymlar tozap ýatan saman kimin bolar+.

Aýdanlarym derrew, duýdansyz ýerine ýeter+.

 6 Serkerdebaşy Ýehowa saňa nazar salar,

Şonda gök gürlär, ýer titrär, goh-galmagal turar,

Apy-tupan, harasat gopar, ot lowlap ýanar»+.

 7 Arygele garşy söweşmek üçin ýygnanan milletler+,

Onuň bilen söweşýänler,

Gabaw diňlerini dikýänler,

Oňa zulum-sütem edýänler,

Düýş kimin, görnüş* kimin gaýyp bolar.

 8 Aç adam düýşünde nahar iýse-de,

Oýananda ajygyp turýandyr.

Teşne adam düýşünde suw içse-de,

Oýananda suwsap, ysgynsyz turýandyr.

Sion dagyna garşy söweşýän ähli milletleriň ýagdaýy-da,

Edil şonuň ýaly bolar+.

 9 Geň galyp serediň, aňk-taňk boluň+.

Gözleriňiz kör bolsun, hiç zat görmesin+.

Olar şerap içmese-de, serhoş bolýarlar,

Çakyr içmese-de, yraň atýarlar.

10 Ýehowa sizi agyr uka gidirdi+,

Pygamberleriň gözlerini baglady+,

Görgürleriň* başyny örtdi+.

11 Her bir görnüş siziň üçin möhürli golýazma+ ýaly bolar, ony okap bilýän adama berip: «Sesli okap beräý!» diýerler. Emma ol: «Nädip okaýyn? Ol möhürli ahyryn!» diýip jogap berer. 12 Soňra okap bilmeýän adama golýazmany berip: «Okap beräý!» diýerler. Ol hem: «Men okap bilmeýän ahyryn» diýer.

13 Ýehowa şeýle diýýär: «Halk agzy bilen maňa alkyş aýdýar,

Diňe dilinde maňa hormat goýýar+,

Emma ýüregi menden uzakdadyr.

Olar Hudaýdan gorkýarys diýseler-de,

Ynsan tabşyryklaryny berjaý edýärler+.

14 Şonuň üçin halkyň öňünde ýene-de täsin işleri ederin+,

Gaýta-gaýta geň-enaýy işleri ederin.

Danalaryň akyldarlygy,

Paýhasly adamyň düşünjesi puç bolar»+.

15 Niýetini Ýehowadan gizlemäge jan edýänleriň waý halyna!+

Olar garaňkylykda erbetlik edip:

«Kim bizi görer?

Kim bizi tanar?» diýýärler+.

16 Siz şeýle bir azgyn halk!

Heý-de, toýun küýzegär bilen deň bolup bilermi?+

Ýasalan zat özüni ýasan hakda:

«Ol meni ýasamady» diýermi?+

Şekil berlen zat özüne şekil beren hakda:

«Onuň düşünjesi ýok!» diýermi?+

17 Biraz wagtdan Liwan bagy-bossanlyga öwrüler+.

Bagy-bossanlyk bolsa gür tokaý kimin görler+.

18 Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşider,

Tüm-garaňkylykdaky körleriň gözleri açylar+.

19 Ýumşak adamlar Ýehowanyň işlerine begener,

Garyplar Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň işine şatlanar+.

20 Zalymlar ýok bolar,

Öwünjeňler heläk bolar.

Erbetligiň ugrunda gezýänler ýok ediler+.

21 Başgalara gara ýöňkeýänler,

Şäher derwezesinde hakyny goraýana* duzak gurýanlar+,

Töhmet atyp*, dogruçylyň hakyny iýýänler ýok ediler+.

22 Şol sebäpli Ybraýymy halas eden Ýehowa+ Ýakup öýüne şeýle diýýär:

«Indi Ýakup masgara bolmaz,

Ýüzi gyzarmaz*+.

23 Ýakubyň çagalary ellerimiň işidir.

Ol çagalarynyň daşyna üýşendigini görer+,

Şonda olar bilelikde meniň adymy wasp ederler.

Ýakubyň Mukaddes Hudaýyny şöhratlandyrarlar,

Ysraýylyň Hudaýyna hormat goýarlar+.

24 Ýoldan azaşanlar düşünje gazanarlar,

Nägile bolanlar öwüt-ündewe eýererler».

30 Ýehowa şeýle diýýär: «Boýnuýogyn halkyň waý halyna!+

Olar meniň niýetimi däl-de,

Özüniňkini amala aşyrýarlar+,

Razy bolmasam-da, başgalar bilen ylalaşyk baglaşýarlar*,

Günä üstüne günä edýärler.

 2 Olar meniň bilen maslahatlaşman+ Müsüre gidýärler+,

Faraonyň galasyndan gorag,

Müsüriň saýasyndan pena gözleýärler.

 3 Emma faraonyň goragy sizi masgara eder,

Müsüriň penasy sizi utanja goýar+.

 4 Sebäbi onuň han-begleri Suwanda+.

Ilçileri Hanese baryp ýetdi.

 5 Ysraýyllar müsürliler zerarly utanja galar,

Sebäbi müsürlilerden hiç hili peýda ýokdur.

Olardan ne kömek, ne-de peýda bardyr,

Diňe masgara hem biabraý edýändir»+.

6 Günortanyň çöl haýwanlaryna çykarylan höküm:

Halk baýlygyny eşekleriň üstüne,

Sowgat-serpaýlaryny örküçli düýelere ýükläp,

Arslanyň, arlaýjy ýolbarsyň mekanyndan,

Alahöwreniň, aždarhanyň* mesgeninden geçip,

Howp-hatarly, agyr ýoly söküp barýarlar.

Emma olaryň halka hiç hili peýdasy bolmaz.

 7 Müsüre bil baglamak biderekdir+.

Şol sebäpli oňa: «Ýatagan Rahaw*»+ diýip at dakdym.

 8 «Indi git-de, olaryň öňünde muny daşyň* ýüzüne ýaz,

Kitaba ýazyp goý+.

Goý, ol gelejekde

Ebedilik şaýat bolsun+.

 9 Sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr+, hilegär nesildir+.

Ýehowanyň kanunyna gulak asmaýan ogullardyr+.

10 Olar görgürlere*: „Indi görnüş* görmäň“ diýýärler.

Welilere* şeýle diýýärler: „Gören görnüşiňizi aýtmaň+.

Görnüşleri toslap tapyň, gulaga hoş ýakýan sözleri aýdyň+.

11 Dogry ýoldan sowluň, ol ýoldan ýöremäň,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň adyny

Biziň ýanymyzda agzamaň“»+.

12 Şol sebäpli Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy şeýle diýýär:

«Siz sözümi diňlemediňiz+,

Ýalana we hilegärlige bil bagladyňyz,

Olara daýandyňyz+.

13 Siz eden günäňiz sebäpli jaýryk diwar kimin,

Ýykyljak bolup duran beýik diwar kimin bolarsyňyz.

Ol göz açyp-ýumasy salymda, duýdansyz ýykylar.

14 Ol toýun küýze kimin çym-pytrak bolar.

Ojakdan köz we oýtakdan* suw alara

Ýekeje bölegi hem galmaz».

15 Älemiň Hökümdary,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär:

«Maňa dolanyp, rahatlansaňyz, halas bolarsyňyz,

Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar»+.

Emma siz muny islemediňiz+.

16 Siz: «Ýok, atlara münüp gaçarys» diýdiňiz.

Şonuň üçin hem gaçar ýörersiňiz.

Siz: «Ýüwrük atlarda çaparys» diýdiňiz+.

Şol sebäpli sizi kowalaýanlar hem ýüwrük bolar+.

17 Bir adamyň haýbatyndan müň adam sandyrar+,

Bäş adamyň haýbatyny eşidip, ökje göterersiňiz.

Aman galanlaryňyz dagyň başyndaky pürs ýaly,

Baýryň depesindäki tug ýaly bolar+.

18 Emma Ýehowa kömek etmek üçin sabyrly garaşýar+,

Size rehim etmek üçin ýerinden turar+.

Ýehowa adalatly Alladyr+,

Hudaýa umyt edýänleriň* ählisi bagtlydyr+.

19 Siona dolanan we Iýerusalime gelen halk+ indi hiç haçan aglamaz+. Siz kömek sorap ýalbaranyňyzda, Ol rehim eder. Sesiňizi eşiden badyna jogap berer+. 20 Ýehowa size azap çöregini iýdirse-de, ejir suwuny içirse-de+, Beýik Mugallym indi sizden gizlenmez. Siz Beýik Mugallymy+ gözüňiz bilen görersiňiz. 21 Eger siz saga ýa-da çepe sowulsaňyz+, yzyňyzdan: «Ine ýol!+ Şu ýoldan ýöräň!» diýen sesi eşidersiňiz.

22 Kümşe gaplanan oýma butlaryňyzy, altyn çaýylan guýma butlaryňyzy haram hasaplarsyňyz+. Siz olara «Güm boluň!» diýip*, aýbaşy gelen aýalyň esgisi ýaly zyňyp taşlarsyňyz+. 23 Hudaý ýere sepen tohumlaryňyz üçin ýagyş ýagdyrar+. Topragyň hasyly bol we bereketli bolar+. Şol gün mal-garaňyz giň öri meýdanlarda otlarlar+. 24 Ýer sürýän öküzlere we eşeklere kürek pil hem-de çarşak bilen sowrulan turşuja ot garylan iým berler. 25 Uly gyrgynçylyk güni diňler ýykylar. Şonda her bir beýik dagda, her bir beýik baýyrda çeşme-çaýlar joşup akar+. 26 Ýehowa halkynyň döwlen süňküni saran güni+, salan agyr ýarasyny bejeren güni+ doly Aý güneş kimin ýagty saçar. Günüň nury ýedi günüň nury kimin ýedi esse şöhle saçar+.

27 Ine, Ýehowa uzakdan gelýär,

Gahar-gazap bilen, gara bulutlar bilen gelýär.

Agzyndan gazaply sözler çykýandyr,

Dili ot kimin ýalmap ýuwudýandyr+.

28 Demi* bokurdaga ýetýän sil kimindir,

Milletleri heläkçilik* eleginden geçirýändir.

Halklary azaşdyrmak üçin agzyna agyzzyryk salýandyr+.

29 Siziň aýdymyňyz gije aýdylýan aýdyma,

Baýramçylyga taýýarlananda aýdylýan aýdyma meňzär+.

Ysraýylyň Arkadagy+ Ýehowanyň dagyna

Tüýdük çalyp çykýan ýaly ýürekden şatlanarsyňyz.

30 Ýehowanyň haýbatly sesi ýaňlanar+.

Alla gazap bilen+ goluny galdyranda+,

Ýalmap-ýuwudýan ot bilen+,

Çabga+, gök gürrüldisi, buz bilen gudratyny görkezer+.

31 Ýehowanyň sesi Assiriýany gorkuzar+.

Alla ony taýak bilen urar+.

32 Ýehowa Assiriýany jezalandyrmak üçin,

Her sapar taýak bilen uranda,

Söweşmek üçin el galdyranda+,

Deprekler kakylar we arfalar çalnar+.

33 Sebäbi ony ýok etmek üçin ýer* taýýarlandy,

Ol patyşa üçin hem taýýarlandy+.

Çuň we giň çukur gazyldy.

Oduny köp, alawlap ýanýar.

Ýehowanyň demi kükürt kimin

Topeti+ ýakyp ýandyrar.

31 Müsüre kömek sorap barýanlaryň+,

Bedewlere bil baglaýanlaryň+,

Birgiden söweş arabalaryna,

Güýçli söweş atlaryna* daýanýanlaryň waý halyna!

Olar Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyna ýüzlenmeýärler,

Ýehowany gözlemeýärler.

 2 Ol akyldar Hudaý,

Beren sözünde durar.

Ol başyňyzdan betbagtçylyk inderer,

Zalymlaryň öýüne garşy aýaga galar,

Erbetleri goldaýanlara jeza berer+.

 3 Müsürliler Hudaý däl, ýöne bir ynsandyr,

Atlary ruh däl, ýöne bir haýwandyr+.

Ýehowa goluny galdyranda,

Kömek beren halklar ýykylar,

Kömegi kabul eden halklar hem ýykylar.

Olaryň ikisi-de bir wagtda ýok bolar.

 4 Ýehowa maňa şeýle diýdi:

«Aw awlan arlaýjy arslan, güýçli arslan,

Daşyna çopanlar üýşse-de,

Olaryň sesinden gorkmaz,

Gykylygyndan ürkmez.

Şonuň ýaly Serkerdebaşy Ýehowa Sion dagyna,

Onuň depesine söweşmäge barar.

 5 Serkerdebaşy Ýehowa bürgüt kimin okdurylyp,

Iýerusalimi gorar+.

Ol şäheri gorar, azat eder,

Halas eder we aman galdyrar».

6 «Ysraýyl halky, siz Hudaýyňyza garşy bilgeşleýin baş göterdiňiz, indi dolanyň+. 7 Şol gün her kes kümüşden we altyndan ýasalan dereksiz butlaryny taşlar. Siz olary öz elleriňiz bilen ýasap, günä gazanypdyňyz.

 8 Assiriýaly gylyçdan geçiriler, emma ynsan gylyjyndan däl.

Ony gylyç ýuwudar, emma ynsan gylyjy däl+.

Ol gylyjy görüp gaçar,

Ýigitleri gul bolar.

 9 Onuň arkadaýanjy gorkudan ýaňa ýykylar.

Han-begleri söweş tuguny görüp sandyrar».

Muny Ýehowa aýdýar.

Onuň nury Siondadyr, ojagy Iýerusalimdedir.

32 Patyşa+ dogruçyllyk bilen+,

Serdarlar adalatly höküm sürer.

 2 Olaryň her biri ýelden gorag* bolar,

Çabgada pena bolar.

Gurak ýurtda çeşme kimin gandyrar+,

Çölde belent gaýa kimin kölege salar.

 3 Şonda görýän gözler ýumulmaz,

Eşidýän gulaklar diňlär.

 4 Alňasak adam bilim alyp, çuňňur oýlanar,

Sakaw diller düşnükli geplär+.

 5 Indi akmaga jomart,

Ynsapsyza beg diýmezler.

 6 Akmak adam manysyz geplär,

Ol ýüreginde hile gurar+.

Ýehowa hakda ýalan ýaýradyp,

Adamlary imandan dändirer.

Açlary doýurmaz,

Teşneleri gandyrmaz.

 7 Ynsapsyz adamyň niýeti ýamandyr+.

Ol ejizi heläk etmek üçin,

Azgyn işlere baş goşýar.

Garyp adam hakykaty aýtsa-da,

Aldaw bilen heläk edýär+.

 8 Jomart adam ýagşylyk etmek isleýär,

Ol hemişe jomartlyk bilen berer.

 9 «Eý hondanbärsi gelinler, turuň, sözlerimi diňläň!

Eý ýeňilkelle gyzlar+, sözüme gulak asyň!

10 Eý biperwaý adamlar! Bir ýyldan gorkudan titrärsiňiz.

Sebäbi üzüm hasyly sowlar, ýygnan zadyňyz bolmaz+.

11 Eý hondanbärsi gelinler, titräň!

Eý ýeňilkelle gyzlar, sandyraň!

Eşigiňizi çykaryp, jul* geýiň+.

12 Mes topragyňyz we üzüm bagyňyz üçin,

Gursagyňyza urup aglaň.

13 Sebäbi halkymyň topragynda ýandak öser.

Şatlykdan doly öýlerini,

Şagalaňly şäherini tikenek basar+.

14 Berk diň boşap galar,

Ilatly şäherde hiç kim galmaz+.

Opel+ we garawul diňi müdimilik haraba döner.

Ol ýerde gulanlar ýaýnar,

Ýabany haýwanlar otlar+.

15 Hudaýyň ruhy üstümize inende+,

Çöller bagy-bossanlyga öwrüler,

Bagy-bossanlyk gür tokaý kimin bolar+.

16 Çölde adalatlylyk,

Bagy-bossanlykda dogruçyllyk höküm sürer+.

17 Dogruçyllyk parahatlyk getirer+,

Elmydama asudalyk we rahatlyk berer+.

18 Halkym parahat ýurtda ýaşar,

Howpsuz we asuda ýurtda ömür sürer+.

19 Buz ýagyp, tokaýy weýran eder,

Şäher ýer bilen ýegsan bolar.

20 Eý derýalaryň kenarynda tohum sepýän adamlar,

Öküzini, eşegini boşadyp goýberýänler,

Siz bagtlysyňyz!»+

33 Waý seniň halyňa! Eý weýran edýän duşman,

Sen heniz weýran edilmediň!+

Eý dönük, heniz saňa dönüklik edilmedi!

Sen weýran edeniňden soň, özüň weýran bolarsyň+,

Dönüklik edeniňden soň, saňa-da dönüklik ediler.

 2 Ýehowa, bize rehim et!+

Biz saňa umyt edýäris.

Her säher güýç-kuwwatymyz* bol+,

Aladaly günde halasgärimiz bol+.

 3 Batly sesiňden halklar gaçýarlar,

Ýeriňden turanyňda, milletler dumly-duşa dargaýarlar+.

 4 Milletler çekirtgeler ýaly mal-mülküňizi ýalmap ýuwudar,

Halklar çekirtge sürüsi deý baýlygyňyza çozar.

 5 Ýehowa beýgeler,

Sebäbi onuň mekany gökdedir.

Ol Siony dogruçyllyk we adalatlylyk bilen doldurar.

 6 Ol sizi asuda zamanda ýaşadar.

Ynsanyň* hazynasy: beýik ýeňiş*+, akyldarlyk, bilim,

Ýehowadan gorkudyr+.

 7 Olaryň gahrymanlary köçede ajy gözýaş dökýärler,

Parahatlyk habarçylary zar-zar aglaýarlar.

 8 Şaýollarynda adam-gara görünmez,

Ýollaryndan ýolagçylar ýöremez.

Duşman ähtini bozdy,

Şäherleriniň üstünden güldi,

Başy ölümli ynsany äsgermedi+.

 9 Ýurt ýas tutup*, tapdan düşýär,

Liwan masgaraçylykdan+ ýaňa saralyp solýar.

Şaron çöle öwrülýär,

Başan bilen Karmeliň ýapraklary dökülýär+.

10 Ýehowa şeýle diýýär: «Men ýerimden galaryn,

Indi men beýgelerin+,

Özümi şöhratlandyraryn.

11 Siz guran ota göwreli bolup, saman dogurdyňyz.

Oý-pikirleriňiz içiňizde ot bolup, sizi ýakyp ýandyrar+.

12 Halklar ýanan hek kimin dargap gider,

Çapylan ýandak kimin oda taşlanar+.

13 Eý uzakdakylar, etjek işlerimi eşidiň!

Eý golaýdakylar, güýç-kuwwatymy görüň!

14 Sionyň günäkärleri sandyraýar+.

Imandan dänenler titräp:

„Ýakyp ýandyrýan oduň içinde kim ýaşap biler?+

Sönmeýän oduň ýalnyna kim çydap biler?“ diýýärler.

15 Dogry ýoldan ýöreýän ynsan+

Hakykaty aýdýar+,

Hilegärlik etmeýär, haram gazançdan ýüz öwürýär,

Para almaýar, halal ýaşaýar+,

Ganhorlary diňlemän, gulagyny ýapýar,

Pisligi görmezlik üçin gözüni ýumýar.

16 Ol daglaryň depesinde ýaşar,

Gaýalar oňa gaçybatalga bolar.

Saçagynda nany egsilmez,

Içere suwy tükenmez»+.

17 Seniň gözleriň şan-şöhratly patyşany,

Uzakdaky ýurdy görer.

18 Gorkunç zatlary ýatlap:

«Kätip nirede?

Salgyt töleýän adam hany?+

Diňleri sanaýan adam nirede?» diýersiň.

19 Mundan beýläk tekepbir halky görmersiň,

Ýat dilde, düşünmeýän diliňde* gepleýänleri görmersiň+.

20 Siona, baýramçylyk geçirilýän şähere seret!+

Iýerusalimi, asuda mekany,

Ýykylmajak çadyry gözüň bilen görersiň+.

Onuň gazyklary asla sogrulmaz,

Ýüpleriniň hiç biri üzülmez.

21 Ol ýerde gudratly Hudaý Ýehowa,

Bizi derýa, giň derýa kimin gorar.

Ol ýerden kürekli gämiler-de,

Ägirt uly gämiler-de geçip bilmez.

22 Ýehowa Kazymyzdyr!+

Ýehowa Kanun çykaryjymyzdyr!+

Ýehowa Patyşamyzdyr!+

Ol Halasgärimizdir!+

23 Duşmanlaryň ýüpleri gowşar,

Gäminiň pürsüni saklap bilmezler,

Ýelkenini açyp bilmezler.

Şonda köp olja paýlaşarlar,

Agsaklar-da olja baryny alarlar+.

24 Hiç bir adam: «Men syrkaw» diýmez+.

Ýurduň ilatynyň günäsi geçiler+.

34 Eý milletler, golaýyma gelip diňläň!

Eý halklar, üns beriň!

Eý zemin we ondaky bar zatlar,

Toprak we onuň miweleri, diňläň!

 2 Ýehowanyň halklara gahary gelýär+.

Olaryň goşunyna garşy gazaba münýär+.

Alla olary ýok eder,

Jelladyň eline berer+.

 3 Olaryň jesetleri çaşyp ýatar,

Maslyklary aňkap durar+.

Ganlary daglardan sil deý akar*+.

 4 Gökleriň goşuny ýok bolar,

Asman golýazma kimin düýrlener.

Gökleriň goşuny tapdan düşer,

Saralyp ýere dökülen üzüm ýapragy kimin,

Gurap ýere gaçan injir kimin bolar.

 5 «Gylyjym göklerde gana boýalar+.

Gylyjym Edomy gyrmaga geler+,

Höküm eden halkymyň başyndan iner.

 6 Ýehowanyň gylyjy gana boýalar.

Onuň gylyjy ýaga batar+.

Goçlaryň we geçileriň ganyna boýalar,

Goçlaryň böwrek ýagyna batar.

Sebäbi Ýehowa Bosra galasynda gurbanlyk berer,

Edom ýurdunda gan döker+.

 7 Ýabany öküzler, ýaş we güýçli öküzler

Olar bilen bile gyrlar.

Olaryň ýurdy gana boýalar,

Topragyny ýag basar».

 8 Sebäbi Ýehowa ar aljak gününi+,

Siony ezenlerden öç aljak ýylyny belledi+.

 9 Onuň* ýaplary gara sakgyja*,

Topragy kükürde öwrüler.

Tutuş ýurt ýanyp duran gara sakgyja döner.

10 Ol gije-gündiz ýanyp durar,

Tüssesi hemişe asmana galar,

Ebedilik haraba döner.

Indi ol ýerden hiç kim geçmez+.

11 Ol ýerde gotanlar we oklukirpiler ýaşar,

Baýguşlar we gargalar mesgen tutar.

Alla ony heläkçilik ölçeg ýüpi bilen,

Harabaçylyk ölçeg daşy* bilen ölçär.

12 Begleri patyşa bolmaz,

Hanlarynyň ählisi ýok bolar.

13 Onuň diňlerinde ýandak biter.

Galalaryny tikenekler we haşal otlar basar.

Ol şagallaryň sürenine+,

Düýeguşlaryň mesgenine öwrüler.

14 Çöl haýwanlary bilen uwlaýan haýwanlar üýşer.

Ýabany geçi* jübütini çagyrar.

Gije uçýan guşlar höwürtge ýasar.

15 Okýylanlar mesgen tutar we ýumurtgalar.

Ýumurtgalaryny basyryp, olary gorar.

Çaýkeller jübüt-jübüt bolup üýşerler.

16 Ýehowanyň kitabyny açyp öwreniň, sesli okaň:

Olaryň hiç biri ýitmez,

Hiç biriniň jübüti kemlik etmez.

Ýehowanyň özi buýruk çykardy.

Onuň emri* bilen olar bir ýere jem boldy.

17 Alla olar üçin bije atdy,

Eli bilen olara ýer paýyny ölçäp berdi.

Ol ýer hemişe mesgeni bolar,

Çagalary-da hemişe ol ýerde ýaşar.

35 Çöl we takyrlyk begener+,

Düzlük şatlanar, zagpyran* deý gül açar+.

 2 Ol hökman gülzarlyga öwrüler+,

Şatlanar, begençden ýaňa aýdym aýdar.

Liwan ýaly şöhrat gazanar+,

Karmel+ we Şaron+ kimin owadan bolar.

Olar Ýehowanyň şöhratyny,

Hudaýymyzyň beýikligini görer.

 3 Ysgyndan gaçan gollara,

Sandyraýan dyzlara güýç-kuwwat beriň+.

 4 Ýüreginde ünji bolanlara aýdyň:

«Mert boluň, gorkmaň!

Ine, Hudaýyňyz ar almaga geler.

Allaňyz öç alar+.

Ol geler we sizi halas eder»+.

 5 Şonda körleriň gözi açylar+,

Kerleriň gulagy eşider+.

 6 Agsaklar keýik kimin böker+,

Lallar şatlanyp aýdym aýdar+.

Çölde çeşme-çaýlar akar,

Düzde suwlar çogup çykar.

 7 Gurak ýerler köl bolar, gamyş öser,

Suwsuz toprakda çeşme-çaýlar şarlap akar+.

Şagallaryň mesgeni ýaşyl ota bürener+,

Gamyş we gargy biter.

 8 Ol ýerden şaýol geçer+,

Oňa Mukaddes ýol diýerler.

Günäli adam ol ýoldan ýöremez+.

Diňe saýlananlar oňa gadam basar,

Akylsyzlar aýagyny-da basyp bilmez.

 9 Ol ýerde ýolbars bolmaz,

Ýyrtyjy haýwan gezmez,

Olar asla görünmez+,

Ol ýoldan diňe ýesirlikden azat bolanlar* ýörär+.

10 Ýehowanyň halas edenleri gaýdyp geler+,

Begene-begene Siona barar+,

Tükeniksiz şatlyk olaryň täji bolar+.

Gapysynda toý-baýram bolar,

Ýas we dady-perýat zym-zyýat bolar+.

36 Hizkiýanyň hökümdarlygynyň 14-nji ýylynda, Assiriýa+ patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryny basyp aldy+. 2 Assiriýa patyşasy baş şerapçysyny*+ uly goşuny bilen Lakyşdan+ Iýerusalime, Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Olar kir ýuwulýan meýdança gidýän uly ýoluň ugrundaky ýokarky howdanyň arygyna* bardylar+. 3 Şonda Hilkiýanyň ogly baş wezir* Alyýakym+, Şebna kätip+ we Asafyň ogly Ýowa mürze* onuň ýanyna geldiler.

4 Baş şerapçy olara şeýle diýdi: «Assiriýanyň beýik patyşasynyň habaryny Hizkiýa ýetiriň: „Sen nämä daýanýarsyň?+ 5 Sen: „Men söweşe ökde we güýç-kuwwatym bar“ diýýärsiň, ýöne aýdýanyň boş söz. Kime bil baglap, maňa garşy çykdyň?+ 6 Sen Müsüre, epilen gamşa bil baglaýansyň. Gamşa söýenseň, gamyş eliňe çümüp, aýaňy keser. Müsür faraonyna bil baglan adamyň hem görjegi şudur+. 7 Belki: „Biz Ýehowa Hudaýymyza bil baglaýarys“ diýýänsiňiz. Hizkiýa Ýahuda we Iýerusalim ilatyna: „Siz şu gurbanlyk ojagynyň* öňünde sežde ediň“ diýipdi+. Onda näme üçin ol Hudaýyňyzyň seždegählerini* we gurbanlyk ojaklaryny aýyrdy?“+ 8 Sen meniň hökümdarym Assiriýa patyşasy+ bilen jedel etjekmi? Saňa 2 000 at bersem, ata çykar ýaly nöker tapyp bilermiň? 9 Müsüriň söweş arabalaryna we atlylaryna bil baglasaň-da, hökümdarymyň iň pes häkimine gaýtawul berip bilermiň? 10 Onsoňam, bärik Ýehowadan birugsat gelendirin öýdýärmiň? Ýehowanyň özi maňa: „Bar, şol ýurda çoz-da, ýer bilen ýegsan et“ diýdi“».

11 Şonda Alyýakym, Şebna+ we Ýowa baş şerapça+: «Gaýrat et-de, biz bilen arameý* dilinde+ gepleş, şol dile düşünýäris. Diwardaky adamlara eşitdirip, ýehudy dilinde gepleme»+ diýdiler. 12 Emma baş şerapçy: «Hökümdarymyň habaryny diňe siz bilen patyşaňyz eşitmelimi? Habary diwaryň üstünde duran adamlar hem eşitmeli dälmi? Olaram siz ýaly öz nejasadyny iýip, öz peşewini içerler» diýdi.

13 Soňra baş şerapçy duran ýerinden batly ses bilen gygyryp, ýehudy dilinde+ şeýle diýdi: «Beýik hökümdar Assiriýa patyşasynyň sözlerini diňläň!+ 14 Patyşa şeýle diýýär: „Hizkiýa özüňizi aldatmaň! Ol sizi halas edip bilmez+. 15 Hizkiýa: „Ýehowa bizi hökman halas eder, şäheri Assiriýa patyşasynyň eline bermez“ diýip, Ýehowa bil baglatjak bolýar, ýöne oňa ynanmaň+. 16 Hizkiýany diňlemäň! Assiriýa patyşasy şeýle diýýär: „Maňa tabyn boluň, boýun egiň. Şonda her kim öz üzümini, injirini iýer, öz guýusyndan suw içer. 17 Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyz ýaly mes toprakly ýurda äkiderin+. Sizi gallanyň, täze şerabyň, çöregiň we üzümiň bol ýerine alyp giderin. 18 Hizkiýanyň: „Ýehowa bizi halas eder“ diýen sözlerine ynanmaň. Haýsy halkyň taňrysy öz ýurduny Assiriýa patyşasynyň elinden halas edip bildi?+ 19 Hamatyň, Arpatyň+ taňrylary nirede? Separwaýymyň+ taňrylary nirede? Olar Samariýany elimden halas edip bildilermi?+ 20 Şol taňrylaryň haýsy biri öz ýurduny elimden halas etdi?! Onda Ýehowa Iýerusalimi nädip elimden halas etsin?!“»+

21 Emma olar sesini çykarmadylar, bir agyz jogap bermediler, sebäbi patyşa: «Hiç zat jogap beräýmäň»+ diýip tabşyrypdy. 22 Hilkiýanyň ogly baş wezir* Alyýakym, Şebna kätip+ we Asafyň ogly Ýowa mürze ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna geldiler. Olar baş şerapçynyň sözlerini gürrüň berdiler.

37 Hizkiýa patyşa muny eşidende ýakasyny ýyrtyp, egnine jul* geýdi we Ýehowanyň öýüne gitdi+. 2 Soňra ol baş wezir* Alyýakymy, Şebna kätibi we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň+ ýanyna iberdi, olaram jul geýipdi. 3 Olar Işaýanyň ýanyna baryp şeýle diýdiler: «Hizkiýa şeýle diýýär: „Biz kyn güne düşdük, kemsidildik*, masgara bolduk. Şu wagt biziň ýagdaýymyz burgusy tutup, çagasyny dogurmaga ysgyn-mydary galmadyk aýalyňka meňzeýär+. 4 Assiriýa patyşasynyň iberen baş şerapçysy* Biribaryň üstünden gülýär+. Goý, Ýehowa Hudaý onuň sözlerini eşitsin. Goý, Ýehowa Hudaý oňa jeza bersin. Sen bolsa aman galanlar+ üçin dileg et“»+.

5 Emeldarlar Hizkiýa patyşanyň sözlerini Işaýa pygambere gürrüň berdiler+. 6 Işaýa pygamber şeýle jogap berdi: «Gidiň-de, hökümdara Ýehowanyň şu habaryny aýdyň: „Assiriýa patyşasynyň geňeşçileri*+ maňa dil ýetirdi, olaryň sözlerinden gorkma+. 7 Men Assiriýa patyşasynyň ýüregine bir pikir guýaryn. Ol bir habar eşidip, ýurduna dolanar+. Ony öz ýurdunda gylyçdan geçirderin“»+.

8 Assiriýa patyşasy Lakyşdan gidip, Libna çozdy. Baş şerapçy muny eşidip, patyşanyň ýanyna gitdi+. 9 Assiriýa patyşasyna: «Efiopiýa patyşasy Tirkahan bize garşy söweşe çykdy» diýip habar berdiler. Şonda ol Hizkiýanyň ýanyna ýene-de çaparlaryny ýollap+, şeýle diýdi: 10 «Ýahuda patyşasy Hizkiýa aýdyň: „Sen Hudaýyňa bil baglama, „Iýerusalim Assiriýa patyşasynyň eline berilmez“ diýen sözlerine aldanma+. 11 Assiriýa patyşalarynyň ähli ýurtlary weýran edendigini bilýänsiň+. Indi gel-gel sen halas bolaryn öýdýäňmi? 12 Ata-babalarym birgiden halklary ýok etdi, taňrylary olary halas edip bildimi?+ Gozan, Haran+, Resep we Telasarda ýaşan Erem halky nirede? 13 Hamatyň, Arpatyň patyşalary, Separwaýym+, Hena we Ywah şäherleriniň patyşalary nirede?“»

14 Hizkiýa habarçylaryň elinden hatlary alyp okady. Soňra ol Ýehowanyň öýüne baryp, hatlary Ýehowanyň öňünde açyp goýdy+. 15 Hizkiýa Ýehowa şeýle doga etdi+: 16 «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy+ Ýehowa! Sen keruplaryň üstünde* tagtda otyrsyň. Sen bütin ýer ýüzündäki patyşalyklaryň ýeke-täk hak Hudaýysyň. Ýeri-gögi ýaradan sensiň! 17 Ýehowa, ýalbarýaryn, dogamy diňle!+ Ýehowa, nazar sal!+ Ýa Biribar, Sanheribiň seni ýaňsylap aýdan sözlerini eşit!+ 18 Ýehowa, Assiriýa patyşalary hem öz ýurduny, hem beýleki ýurtlary derbi-dagyn etdiler+. 19 Olaryň taňrylaryny-da otda ýakdylar+, aslynda, olar hudaý hem däldi, ynsan eliniň işidi+, agaçdan we daşdan ýasalan butlardy. Şonuň üçin olar ýok edildi. 20 Ýehowa Hudaýymyz, bizi Assiriýa patyşasynyň elinden halas et! Ýehowa, goý, ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary seniň ýeke-täk Alladygyňy bilsinler!»+

21 Amozyň ogly Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle habar ýollady: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Assiriýa patyşasy Sanherip hakda eden dogaňy eşitdim+. 22 Ýehowa oňa şeýle diýýär:

„Sion gyzy seni kemsidip, üstüňden gülýär.

Iýerusalim gyzy saňa seredip, başyny ýaýkaýar.

23 Sen kimi kemsidýärsiň?+ Kime dil ýetirýärsiň?

Kime haýbat atýarsyň?+

Kime göwnüýetmezçilik edýärsiň?

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynamy?+

24 Emeldarlaryňy iberdiň.

Ýehowanyň üstünden gülüp şeýle diýdiň+:

„Birgiden söweş arabam bilen,

Daglaryň depesine çykaryn+.

Liwanyň aňry çetine baryp ýeterin.

Beýik kedr agaçlaryny, owadan arça agaçlaryny çaparyn.

Belent daglaryna çykaryn, gür tokaýlaryna bararyn.

25 Guýular gazyp, olardan suw içerin.

Müsüriň çeşmelerini dabanym bilen guradaryn“.

26 Sen näme eşitmänmidiň?

Muny gadym günlerde ýüregime düwüpdim,

Birmahallar niýet edipdim+.

Indi bolsa amala aşyraryn+.

Sen galalary weýran edip, harabaçylyga öwrersiň+.

27 Olaryň ilaty güýçden gaçarlar,

Gorkup, masgara bolarlar.

Sähradaky ot-çöpe dönerler.

Gündogardan öwüsýän ýeliň howruna guran üçekdäki ot kimin bolarlar.

28 Seniň her ädimiňi*+,

Maňa gaharlanýandygyňy gowy bilýärin+.

29 Gahar+ bilen turzan gopgunyň gulagyma gelip ýetdi+.

Burnuňa çeňňek ildirip, agzyňa agyzzyryk geýdirip+,

Seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn“.

30 Hizkiýa, seniň üçin şeýle alamat bolar: şu ýyl öz-özünden biten hasyly iýersiňiz, indiki ýyl bolsa ýere gaçan dänelerden gögeren gallany iýersiňiz. Üçünji ýyl tohum sepip, hasyl alarsyňyz we üzüm agaçlaryny oturdyp, miwesini iýersiňiz+. 31 Ýahuda halkynyň halas bolanlary we aman galanlary+ kök urup, miwe berer. 32 Sebäbi aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gaýdarlar+. Serkerdebaşy Ýehowa muny höwes* bilen amala aşyrar+.

33 Ýehowa Assiriýa patyşasy hakda şeýle diýýär+:

„Ol şähere girmez+,

Ok hem atmaz.

Galkany bilen söweşe çykmaz,

Gabaw depelerini galdyrmaz+.

34 Ol gelen ýoly bilen yzyna gider.

Şähere aýagyny-da basmaz“. Muny Ýehowa aýdýar.

35 „Öz adymyň+ we gulum Dawudyň hatyrasyna+,

Şäheri gorap+, halas ederin“».

36 Ýehowanyň perişdesi gelip, assiriýalylaryň düşelgesinde 185 000 esgeri öldürdi. Adamlar irden turup görseler, duşmanlaryň ählisi gyrlypdyr+. 37 Şonda Assiriýa patyşasy Sanherip Ninewiýa+ dolanyp, ýurdunda galdy+. 38 Ol öz taňrysy Nisrohyň buthanasynda sežde edip durka, ogullary Adrammälik bilen Şareser ony gylyçdan geçirdiler+. Olar Ararat ýurduna+ gaçyp gitdiler. Sanheribiň ýerine ogly Esarhadon+ patyşa boldy.

38 Şol günler Hizkiýa agyr keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy+. Amozyň ogly Işaýa pygamber+ onuň ýanyna gelip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Maşgalaňa wesýet et, sebäbi sen gutulmarsyň, dünýäden ötersiň“»+ diýdi. 2 Şonda Hizkiýa ýüzüni diwara öwrüp, Ýehowa doga etdi. 3 Ol: «Ýehowa, ýalbarýaryn! Saňa bütin ýüregim bilen wepaly bolanymy+, ýagşy işleri edenimi ýadyňa sal»+ diýip, möňňürip aglady.

4 Ýehowa Işaýa şeýle diýdi: 5 «Yzyňa dolan-da, Hizkiýanyň ýanyna bar+ we ataň Dawudyň Hudaýy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Dilegiňi eşitdim+, gözýaşlaryňy gördüm+. Sen ýene-de 15 ýyl ýaşarsyň+. 6 Men seni we şäheri Assiriýa patyşasynyň elinden halas ederin. Şäheri özüm goraryn“+. 7 Ýehowa beren sözünde durar. Ýehowa seni ynandyrmak üçin bir alamat görkezer+: 8 „Ahazyň basgançagyna* düşýän kölege on ädim yza çekiler“»+. Şonda basgançaga düşen kölege on ädim yza süýşdi.

9 Hizkiýa patyşanyň keselden gutulyp ýazan goşgusy.

10 Diýdim: «Orta ýaşda,

Mazaryň* gapysyna gelmeli boldum.

Galan ömrümden el üzmeli boldum».

11 Diýdim: «Indi Ýahy* görmerin,

Ýagty jahanda Ýaha gözüm düşmez+.

Merhumlaryň ýanyna* inerin,

Indi ynsan ogluna gözüm düşmez.

12 Ömrüm çopanyň çadyry deý söküldi,

Elimden alyndy, zym-zyýat boldy+.

Men ömrümi dokmaçy deý düýrledim,

Alla meniň demimi eriş kimin kesdi.

Daň atandan Gün batýança, otdan alyp suwa saldyň+.

13 Daň atýança, janyma rahatlyk gözledim,

Ol meniň süňkümi arslan kimin döwdi.

Daň atandan Gün batýança, maňa ejir çekdirdiň+.

14 Atgarlawaç we jokjoky* deý eňreýärin+,

Gumry kimin gurruldap, zaryn-zaryn aglaýaryn+.

Güýçden gaçýaryn, göge bakýaryn+:

„Ýehowa, jebir-jepa çekýärin.

Hudaýym, golda meni!“+ diýýärin.

15 Başga näme diýeýin?

Ol wada berdi, sözünde durdy.

Galan ömrüme pesgöwünli bolaryn,

Sebäbi agyr derdiň nämedigini bilýärin.

16 Ýehowa, ynsan sözüň bilen ýaşaýar,

Gudratly işleriňi görüp, ýüregim urýar,

Agyr dertden gutararsyň, ömrüme ömür goşarsyň+.

17 Kalbym ynjalmady, agyr dert çekdim,

Emma meni söýeniň üçin,

Ölüm çukuryndan halas etdiň+,

Ähli günälerimi arkaňa atdyň+.

18 Mazar seni wasp etmez+,

Ölüm saňa aýdym aýtmaz+.

Çukura inenler wepaňy görmez+.

19 Bu gün saňa alkyş aýdyşym ýaly,

Diriler, diňe diriler saňa öwgi aýdarlar.

Atalar ogullaryna wepadarlygyň hakda gürrüň berer+.

20 Eý Ýehowa, meni halas et!

Ömürboýy Ýehowanyň öýünde+

Kirişli saz gurallarynda aýdymlarymy aýdarys»+.

21 Soňra Işaýa şeýle diýdi: «Kakadylan injir getirip, ýarasyna ýapyň. Şonda ol sagalar»+. 22 Hizkiýa şeýle diýdi: «Ýehowanyň öýüne barjagymy görkezýän nähili alamat berler?»+

39 Şol günler Wawilon patyşasy Balahanyň ogly Merodakbalahan Hizkiýanyň+ keselländigini we derdinden gutulandygyny eşidip, hat ýazyp, sowgat-serpaý iberdi+. 2 Hizkiýa gelen myhmanlary gujak açyp garşy aldy. Olara hazynasyndaky+ altyn-kümşüni, melhem ýagyny, başga-da gymmatbaha ýaglaryny, ok-ýaraglaryny we genji-hazynasyny görkezdi. Köşgünde we patyşalygynda Hizkiýanyň olara görkezmedik zady galmady.

3 Şonda Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip: «Olar nireli, näme diýdiler?» diýip sorady. Hizkiýa: «Olar uzak ýurtdan, Wawilondan gelipdirler»+ diýdi. 4 Işaýa: «Köşkde nämeleri görkezdiň?» diýip sorady. Hizkiýa: «Hemme zady, hazynamda görkezmedik zadym galmady» diýdi.

5 Işaýa pygamber Hizkiýa diýdi: «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: 6 „Şeýle günler geler, köşgüňdäki ähli zatlar, ata-babalaryň şu güne çenli ýygnan bar zatlary Wawilona äkidiler. Ýekeje zadam galmaz“+. Muny Ýehowa aýdýar+. 7 „Ogullaryň käbirini hem ýesirlige äkiderler, olar Wawilon patyşasynyň köşk emeldarlary bolarlar“»+.

8 Şonda Hizkiýa patyşa Işaýa: «Ýehowanyň aýdan sözleri hakdyr — diýdi. Soňra sözüni dowam edip — Meniň döwrümde parahatlygyň we asudalygyň boljagyna şükür»+ diýdi.

40 Siziň Hudaýyňyz şeýle diýýär:

«Teselli beriň, halkyma teselli beriň!»+

 2 «Iýerusalime mähirli sözleri aýdyň.

Şuny habar beriň:

„Gulçulyk ýyllary tamamlandy,

Günäsi üçin töleg tölendi+.

Ähli etmişi üçin Ýehowadan doly* temmi aldy“»+.

 3 Çölden biriniň sesi gelýär:

«Ýehowa üçin ýol taýýarlaň!+

Allamyz üçin çölüň üstünden+ şaýoluny çekiň+.

 4 Goý, jülgeler beýgelsin,

Dag-baýyrlar peselsin!

Büdür-südür ýerler tep-tekiz bolsun,

Akanak-çukanak ýerler jülgä öwrülsin+.

 5 Şonda Ýehowa şöhratlanar+,

Ähli adamlar muny gözi bilen görer+.

Sebäbi muny Ýehowa aýdýar».

 6 Diňläň! Biri: «Jar çekiň!» diýýär.

«Nämäni jar çekmeli?» diýip, başga biri soraýar.

«Ähli ynsanlar gök maýsa kimindir,

Olaryň wepaly söýgüsi sähra güli ýalydyr+.

 7 Ýehowanyň deminden*

Gök maýsalar guraýar+,

Sähra gülleri solýar+.

Ynsanyň hem otdan parhy ýokdur.

 8 Gök maýsalar guraýar,

Sähra gülleri solýar.

Hudaýymyzyň sözi bolsa ebedi galýar»+.

 9 Siona hoş habary aýdýan zenan,

Beýik daga çyk!+

Iýerusalime hoş habary aýdýan zenan,

Batly ses bilen gygyr!

Gorkma, sesiň ýetdiginden gygyr.

Ýahuda şäherlerine: «Ine, siziň Hudaýyňyz!»+ diýip jar et.

10 Ine, Älemiň Hökümdary, güýç-kuwwatly Ýehowa geler,

Goly hökümdarlyk eder+.

Ine, sylagy ýanyndadyr,

Tölegi öňündedir+.

11 Ol çopan kimin sürüsini bakar+.

Guzularyny bir ýere jemläp,

Gujagynda göterer.

Ene goýunlarynyň aladasyny eder+.

12 Kim suwlary eliniň aýasynda ölçedi?+

Kim garyşlap*, asmany ölçedi?

Kim ýeriň topragyny ölçeg jamyna saldy?+

Kim daglary, depeleri terezide çekdi?

13 Kim Ýehowanyň ruhuny ölçäp bildi?*

Kim oňa dana kimin öwüt-ündew berdi?+

14 Ol kimden maslahat sorady?

Kim oňa adalat ýoluny öwretdi?

Kim oňa bilim berdi?

Kim oňa hakyky akyldarlygyň ýoluny görkezdi?+

15 Milletler bedreden daman damja ýalydyr,

Halklar terezidäki tozanjyk kimindir+.

Ol adalary tozan kimin asmana galdyrýar.

16 Liwan tokaýynyň agaçlary ot ýakmaga azlyk edýär,

Tokaýyň ýabany haýwanlary gurbanlyk bermäge ýetmeýär.

17 Ähli milletler öňünde ýok ýalydyr+,

Onuň üçin halklaryň duran ýeri boş ýalydyr+.

18 Siz Hudaýy kime deňeýärsiňiz?+

Ony nämä meňzedýärsiňiz?+

19 Ussa but ýasaýar,

Zergär oňa altyn çaýýar+,

Kümüş zynjyr bilen bezeýär.

20 Ol keramatly agajy alýar+,

Çüýremeýän agajy saýlaýar.

Ökde ussany tapyp,

Ýerinden gozganmaýan but ýasadýar+.

21 Siz bilmeýärsiňizmi?

Eşitmediňizmi näme?

Size ilkibaşda aýtmadylarmy?

Ýeriň düýbi tutulandan bäri düşünmediňizmi?+

22 Hudaýyň mekany Ýer togalagynyň üstündedir+,

Zeminiň ilaty çekirtge ýalydyr.

Asmany perde kimin ýazandyr,

Ýaşamak üçin çadyr kimin ýaýandyr+.

23 Ol emeldarlary peseldýär,

Kazylary* hiç zatça görýär.

24 Olar ýaňy oturdylan nahal ýaly,

Ýaňy ekilen tohum ýaly,

Kökleri berkemedik baldak ýalydyr.

Olar ýel öwsende guraýar,

Saman kimin tozaýar+.

25 Mukaddes Hudaý şeýle diýýär:

«Meni kime meňzedýärsiňiz? Meni kime deňeýärsiňiz?

26 Başyňyzy galdyryň, göklere serediň.

Olary kim ýaratdy?+

Ol ýyldyzlara* buýruk berýär,

Ýekän-ýekän sanaýar,

Her biriniň adyny tutup çagyrýar+.

Çäksiz güýjüniň hem gudratly golunyň astynda+,

Hiç haýsy nyzamyndan çykmaýar.

27 Eý Ýakup, eý Ysraýyl! Näme üçin siz:

„Ýehowa ýaşaýşymy görmeýär,

Alla meniň hakymy alyp bermeýär“ diýýärsiňiz?+

28 Siz bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi näme?

Ýehowa ýer ýüzüniň Ýaradyjysy, ebedilik Hudaý+.

Ol ýadaýan däldir, güýçden gaçýan däldir+.

Onuň akyldarlygynyň çägi ýokdur+.

29 Ol tapdan düşene güýç berýär,

Ysgyndan gaçana kuwwat berýär+.

30 Oglanlar ýadar, güýç-kuwwatdan gaçar,

Goç ýigitler büdräp ýykylar.

31 Emma Ýehowa umyt baglaýanlar täzeden güýç alarlar.

Bürgüt kimin ganatyny ýaýarlar+.

Ylgarlar, ýöne ýadamazlar,

Ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar»+.

41 «Eý adalar, diňläň, sözümi bölmäň!

Eý milletler, biliňizi berk guşaň!

Huzuryma gelip, arzyňyzy aýdyň+,

Geliň, dawamyzy bile çözeliň.

 2 Kim gündogardan serkerdäni aýaga galdyrdy?+

Kim adalaty dikeltmek üçin ony huzuryna* çagyrdy?

Kim halklary onuň eline berdi?

Kim patyşalary oňa boýun egdirdi?+

Kim onuň gylyjy bilen olary guma gardy,

Ýaýy bilen saman kimin pytratdy?

 3 Ol ýat ýurda arkaýyn girip,

Halklary boýun egdirdi.

 4 Muny kim etdi? Kim amala aşyrdy?

Nesilleri ilkibaşdan ýygnan kim?

Muny men etdim!

Men, Ýehowa, Ilkinjidirin+.

Soňky nesle çenli hem üýtgemerin»+.

 5 Onuň işlerini görüp, adalar gorkdy,

Tutuş ýer ýüzi sandyrady.

Olar bir ýere jem boldular.

 6 Her kim ýoldaşyna kömek edýär,

Doganyna: «Mert bol!» diýýär.

 7 Ussa zergäre+ göwünlik berýär,

Çekiç bilen demri ýençýän,

Sandalda* işleýäne goltgy berýär.

Edilen işi görüp: «Berekella!» diýýär.

But gozganmaz ýaly çüýlenip goýulýar.

 8 «Ysraýyl, sen meniň gulumsyň!+

Ýakup, sen meniň saýlanymsyň!+

Sen dostum Ybraýymyň neslisiň+.

 9 Men seni ýeriň ähli künjeginden ýygnadym+,

Ýeriň aňry çetinden çagyrdym.

Saňa diýdim: „Sen meniň gulum+,

Meniň saýlanym, senden ýüz öwürmedim+.

10 Gorkma, men seniň bilendirin+,

Howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn+.

Men saňa güýç bererin, kömek ederin+,

Seni adalatly sag golum bilen goldaryn“.

11 Seniň üstüňe gygyrýanlar masgara bolup, utanja galar+,

Seniň bilen söweşýänler gyrlar, dünýä inmedik ýaly bolar+.

12 Sen duşmanyňy gözlärsiň, emma tapyp bilmersiň,

Seniň bilen söweşýänler dünýä gelmedik ýaly ýok ediler+.

13 Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn.

Sag eliňden berk tutup:

„Gorkma, saňa kömek ederin!“+ diýýän Hudaýyňdyryn.

14 Gurçuk ýaly ejiz Ýakup, gorkma!+

Ysraýyl halky, men sizi goldaryn».

Muny Ýehowa, siziň Halasgäriňiz*+,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy diýýär.

15 «Men seni harman döwülýän tagta ýaly ederin+,

Ýiti dişli täze döwek ýaly ederin.

Sen daglary depeläp, kül-owram edersiň,

Baýyrlary samana dönderersiň.

16 Sen olary ýele sowrarsyň.

Şemal olary uçuryp äkider,

Tüweleý çar tarapa pytradar.

Sen bolsa Ýehowanyň işlerini görüp begenersiň+,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň gudratyna guwanarsyň»+.

17 «Mätäç we garyp suwsaýar, ýöne suw tapmaýar,

Olaryň damagy suwsuzlykdan guraýar+.

Men, Ýehowa, olara kömek ederin+,

Men, Ysraýylyň Hudaýy, olardan ýüz öwürmerin+.

18 Men gurap ýatan depelerden derýalar+,

Jülgelerden çeşme-çaýlar akdyraryn+.

Çölleri gamyşly köle öwrerin,

Takrap ýatan ýerlerden çeşmeler akdyraryn+.

19 Men çölde kedr hem akasiýa agaçlaryny,

Senuber* hem reýhan* agaçlaryny oturdaryn+.

Sährada arça agajyny,

Toraňňy we serwi agaçlaryny ekerin+.

20 Muny Ýehowanyň eliniň edendigini,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň ýaradandygyny,

Ähli halklar görerler we bilerler,

Oýlanarlar hem-de düşünerler»+.

21 Ýehowa: «Arzyňyzy aýdyň» diýýär.

Ýakubyň Patyşasy: «Deliller getiriň» diýýär.

22 «Subutnama getirip, gelejegi aýdyp beriň.

Gadymy* günler hakda gürrüň beriň,

Olar hakda oýlanaly, olaryň soňuny bileli.

Ýa-da gelejekde boljak zatlary gürrüň beriň+.

23 Bize gelejegi aýdyp beriň,

Şonda siziň taňrydygyňyzy bileris+.

Ýagşy bolsun, ýaman bolsun, bir zatlar ediň,

Şonda işleriňizi görüp, haýran galarys+.

24 Emma siz hiç zatsyňyz,

Eden işiňiz ýokdur+.

Sizi saýlan adam ýigrenjidir+.

25 Men birini aýaga galdyraryn, ol demirgazykdan geler+,

Ol gündogarly+, meniň adymy çagyrar.

Küýzegäriň palçygy depeleýşi ýaly+,

Ol hem baştutanlary depelär.

26 Biz habarly bolar ýaly, kim muny ilkibaşda gürrüň berdi?

Biz: „Ol dogry aýdýar!“ diýer ýaly,

Kim gadymy günlerde aýdyp berdi?+

Hiç kim gürrüň bermedi!

Hiç kim aýdyp bermedi!

Hiç kim sizden bir agyz söz eşitmedi»+.

27 Men ilkinji bolup Siona gelejegi gürrüň berdim+.

Men Iýerusalime hoş habary aýdýany ibererin+.

28 Men seretdim, emma hiç kimi görmedim,

Olaryň hiç biri maslahat bermedi.

Men olaryň jogabyna köp garaşdym.

29 Ine, olaryň bary puçdur!*

Eden işleri ýokdur.

Guýma butlary şemal ýaly boşdur+.

42 Ine, meniň hemaýat berýän gulum!+

Meniň saýlanym+, meni razy edýän gulum!+

Onda meniň ruhum bolar+,

Ol halklar üçin adalaty dikelder*+.

 2 Ol sesini gataltmaz, gygyrmaz,

Köçede sesi eşidilmez+.

 3 Ol epilen gamşy döwmez,

Sönüp barýan peltäni öçürmez+.

Ol wepaly bolar, adalaty dikelder*+.

 4 Ýer ýüzünde adalaty dikeldýänçä+,

Güýçden gaçyp ejizlemez.

Adalar onuň kanunyna* garaşar.

 5 Gögi ýaradan, asmany ýaýan+,

Ýeri we ondaky ähli zatlary ýaradan+,

Her bir ynsana ýaşaýyş beren+,

Ýer ýüzündäki her bir janly zada dem beren+,

Beýik Alla, hak Hudaý Ýehowa şeýle diýýär:

 6 «Men, Ýehowa, seni adalaty dikeltmek üçin çagyrdym,

Seniň eliňden berk tutdum.

Seni goraryn, sen arkaly halklar bilen äht baglaşaryn+,

Milletlere nur saçarsyň+.

 7 Sen körleriň gözüni açarsyň+,

Tussaglary azat edersiň,

Tümlükde oturanlary zyndandan çykararsyň+.

 8 Men, Ýehowa. Bu meniň adym.

Men şan-şöhratymy hiç kime bermerin*,

At-abraýymy butlar bilen paýlaşmaryn+.

 9 Başda aýdanlarym berjaý boldy.

Indi täze zatlary yglan edýärin,

Heniz amala aşmanka, size aýdýaryn»+.

10 Eý deňizçiler, ummanyň jandarlary!

Eý adalar, onda ýaşaýanlar!+

Ýehowanyň şanyna täze aýdym aýdyň+,

Tutuş ýer ýüzünde wasp ediň+.

11 Sähra we onuň galalary+,

Kedar+ obalary gygyrsyn.

Gaýalarda ýaşaýanlar şatlanyp aýdym aýtsyn,

Daglaryň depesine çykyp gygyrsyn.

12 Goý, olar Ýehowany şöhratlandyrsyn,

Adalar taryplasyn+.

13 Ýehowa pälwan kimin öňe çykar+,

Gerçek ýigit kimin gaýrata galar+.

Ol batyr esger kimin gygyrar.

Duşmanlaryndan güýçlüdigini görkezer+.

14 «Men uzak wagtlap dymdym,

Sesimi çykarmadym, sabyr etdim.

Indi bolsa burgusy tutýan aýal kimin iňňildärin,

Gygyraryn, haşlap uludan dem alaryn.

15 Daglary, depeleri weýran ederin,

Gök maýsalary solduraryn.

Derýalaryny gury ýere* öwrerin,

Gamyşly kölleri guradaryn+.

16 Körleri bilmeýän ýolundan ýörederin+,

Nätanyş ýodalardan äkiderin+.

Olaryň öňünde tümlügi ýagtylyga öwrerin+,

Büdür-südür ýerleri tekizlärin+.

Muny olar üçin ederin, olardan ýüz öwürmerin».

17 Oýma butlara bil baglaýanlar,

Guýma butlara: «Taňrymyz sensiň» diýýänler,

Masgara bolup, yzyna dolanarlar+.

18 Eý kerler, diňläň!

Eý körler, serediň, görüň!+

19 Meniň gulum ýaly kör barmy?

Meniň habarçym ýaly ker barmy?

Meniň sylag berenim ýaly,

Ýehowanyň guly ýaly kör barmy?+

20 Siz köp zady görýärsiňiz, ýöne üns bermeýärsiňiz.

Gulagyňyz eşidýär, ýöne diňlemeýärsiňiz+.

21 Ýehowa adalatyň haky üçin,

Kanuny beýgeldýär, arşa galdyryp begenýär.

22 Talanan we ýesir düşen halk+

Çukura taşlandy, zyndana atyldy+.

Olary taladylar, hiç kim halas etmedi+,

Talaňa saldylar, hiç kim: «Yzyna ber!» diýmedi.

23 Siziň içiňizden kim muňa gulak asar?

Kim diňläp, gelejegi üçin sapak ediner?

24 Kim Ýakuby talaňçylaryň eline,

Ysraýyly garakçylara berdi?

Ýehowa dälmi? Olar Hudaýa garşy günä etdiler.

Onuň ýollaryndan ýöremek islemediler,

Kanunlaryna tabyn bolmadylar+.

25 Hudaý gahar-gazabyny we gazaply söweşini+,

Ysraýylyň üstünden inderdi.

Ol ähli zady ýakyp kül etse-de, olar ünsem bermediler+,

Daş-töweregini gurşap alsa-da, piňine-de almadylar+.

43 Eý Ýakup, seni ýaradan,

Eý Ysraýyl, saňa şekil beren Ýehowa şeýle diýýär+:

«Gorkma, seniň üçin töleg töledim+.

Adyňy tutup çagyrdym.

Sen meniňki bolduň.

 2 Suwdan geçeniňde seniň bilen bolaryn+.

Derýalardan geçeniňde gark bolmarsyň+.

Lowlaýan otdan geçeniňde ýanmarsyň.

Alaw seni ýakmaz.

 3 Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn.

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy, Halasgäri mendirin.

Seniň üçin Müsüri töleg berdim,

Seniň üçin Efiopiýany we Sabany berdim.

 4 Men seni eziz görýärin+,

Saňa hormat goýýaryn, seni söýýärin+.

Seniň üçin halklary bererin,

Janyňa derek milletleri bererin.

 5 Gorkma, men seniň bilendirin+.

Çagalaryňy gündogardan,

Seni günbatardan getirerin+.

 6 Demirgazyga: „Olary yzyna ber!“ diýerin+.

Günorta diýerin: „Olary saklama!

Ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň aňry ujundan getir+.

 7 Olar adymy göterýän halkdyr+.

Olary şan-şöhratym üçin döretdim.

Halkymy elim bilen ýaratdym“+.

 8 Gözleri bolsa-da, görmeýän,

Gulagy bolsa-da, eşitmeýän adamlar gelsin+.

 9 Goý, milletler jemlensin,

Halklar toplansyn+.

Taňrylaryň arasynda şulary aýdyp biljek barmy?

Olaryň haýsysy ilkinji zatlary* aýdyp biler?+

Goý, haklydygyny subut etmek üçin şaýatlaryny getirsin.

Olary diňläp: „Dogry!“ diýsinler»+.

10 Ýehowa şeýle diýýär: «Siz meniň şaýatlarym+,

Meniň saýlan gullarym+.

Meni tanaň, iman ediň.

Düşüniň, men üýtgemeýärin+.

Menden öň Hudaý bolan däldir.

Menden soň hem Hudaý bolmaz+.

11 Men, men Ýehowa+, menden başga halasgär ýokdur+.

12 Araňyzda keseki taňry ýok wagty+,

Men pygamberlik etdim,

Sizi halas etdim, öňünden yglan etdim.

Men hak Hudaý+, siz bolsa meniň şaýatlarym».

Muny Ýehowa aýdýar.

13 «Men hiç haçan üýtgemerin+.

Hiç kim elimdäki zady alyp bilmez+.

Meniň tutan işime kim päsgel berip biler?»+

14 Siziň üçin töleg tölän Ýehowa+,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy+ şeýle diýýär:

«Siziň üçin Wawilona goşun ibererin,

Derwezeleriniň gulplaryny döwerin+,

Gämide barýan haldeýlere dady-perýat etdirerin+.

15 Men Ýehowa, siziň Mukaddes Hudaýyňyz+,

Ysraýylyň Ýaradany+, siziň Patyşaňyzdyryn»+.

16 Ýehowa deňizden ýol açýar,

Joşýan suwlaryň içinden ýoda çekýär+.

17 Söweş arabalary we atlary+,

Batyr esgerleri we uly goşuny getiren Alla şeýle diýýär:

«Olar ýatar, ýerinden turup bilmezler+.

Olar peltäniň sönüşi ýaly, ýom-ýok bolarlar».

18 «Öňki zatlary ýatlamaň,

Geçmiş bilen ýaşamaň.

19 Ine, men täze bir zat edýärin+.

Ol eýýäm berjaý bolup başlady.

Ony hökman görersiňiz.

Çölüň üstünden ýol çekerin+.

Sähradan çeşme akdyraryn+.

20 Çölüň ýabany haýwanlary meni sylar,

Şagallar we düýeguşlar hormat goýar.

Saýlan halkym+ üçin çölde suw,

Sährada derýa akdyraryn+.

21 Halkymy özüm üçin ýaratdym.

Maňa alkyş aýtsyn diýip döretdim+.

22 Eý Ýakup, sen bolsa meni çagyrmadyň+.

Eý Ysraýyl, menden bizar bolduň+.

23 Maňa ýakma gurbanlygy hökmünde goýun getirmediň.

Gurbanlyklary berip, meni şöhratlandyrmadyň.

Men senden sadaka bermegi talap etmedim.

Ladan* getir diýip ýüregiňe düşmedim+.

24 Meniň üçin ýakymly ysly gamyş satyn almadyň.

Gurbanlyklaryň ýagy bilen göwnümi götermediň+.

Gaýtam günäleriň maňa ýük boldy.

Ýazyklaryň meni ýadatdy+.

25 Men öz adym üçin+ günäleriňi bagyşlaryn+,

Indi günäleriňi ýatlamaryn+.

26 Unudan bir zadym bolsa aýt, meseläni orta ataly.

Delil getir, haklydygyňy subut et.

27 Seniň birinji ataň* günä etdi,

Wekilleriň* maňa garşy baş göterdi+.

28 Şonuň üçin ybadathananyň hanlaryny masgara* ederin,

Ýakubyň başyna heläkçilik indererin.

Ysraýyl kemsidiler+.

44 Gulum Ýakup, diňle!

Saýlan gulum Ysraýyl+, gulak as!

 2 Seni ýaradan, saňa şekil beren+,

Dünýä ineniň bäri seni goldaýan Ýehowa şeýle diýýär:

„Gulum Ýakup, gorkma!+

Saýlan gulum Ýeşurun*+, heder etme!

 3 Men suwsanlary* gandyraryn+,

Gurak ýerden çeşme-çaýlary akdyraryn.

Seniň nesliňe ruhumy indererin+,

Nebereleriňe bereket eçilerin.

 4 Olar gök ot kimin pajarlap öser+,

Çeşmäniň boýundaky derek kimin bolar.

 5 Biri: „Men Ýehowanyňky“ diýer+.

Beýlekisi Ýakubyň adyny göterer.

Ýene biri eline: „Men Ýehowanyňky“ diýip ýazar.

Ol Ysraýylyň adyny alar“.

 6 Ysraýylyň Patyşasy Ýehowa+,

Halasgäri*+ Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

„Men ilkinji we soňkudyryn+.

Menden başga Hudaý ýokdur+.

 7 Maňa taý geljek barmy?+

Goý, jogap bersin, maňa aýtsyn, subut etsin!+

Gadymy halky döredenimden bäri, gelejegi aýdyp gelýärin.

Goý, olar hem ýakynda boljaklary,

Gelejekde boljaklary öňünden aýdyp bersinler.

 8 Sandyramaň, gorkudan ýaňa ejizlemäň+.

Men size öňünden aýtmadymmy? Yglan etmedimmi?

Siz meniň şaýatlarym+.

Menden başga Hudaý barmy? Ýok!

Menden başga Arkadag ýok+,

Men birini hem bilmeýärin“».

 9 Oýma butlary ýasaýanlar biderek adamlardyr.

Arzyly butlary dereksizdir+.

Olaryň özleri-de,

Şaýatlary-da hiç zat bilmeýär we görmeýär+.

Olary ýasanlar masgara bolar+.

10 Haýsy akmak oýma we guýma butlary ýasaýar?

Olardan hiç hili peýda ýokdur+.

11 Ine, ähli ýoldaşlary masgara bolar+.

Ussalar ýöne bir ynsandyr.

Goý, olar jem bolsun, ýerlerinde otursyn!

Olar howsala düşer, utanja galar.

12 Ussa guralyny alyp, demri közde gyzdyrýar,

Çekiç bilen urup, oňa şekil berýär.

Güýçli goly bilen işleýär+.

Ol ajygýar, ysgyny gaçýar,

Suw içmeýär, güýçden gaçýar.

13 Ussa agajy ölçeg ýüpi bilen ölçeýär,

Gyzyl hek bilen çyzýar.

Ýonguç bilen ýonup, guraly* bilen bellik edýär.

Buta ynsan şekilini berýär+,

Ynsan keşbinde owadan edip ýasaýar,

Soňra öýe* getirip goýýar+.

14 Kedr agaçlaryny çapýan adam,

Agaçlaryň birini, dub agajyny saýlaýar,

Tokaýda ösüp berkeýänçä ideýär+.

Lawr agajyny ekýär, ýagyş bolsa suwarýar.

15 Soňra agajy odun edip ulanýar,

Bir bölegini ýakyp ýylynýar.

Ot ýakyp, çörek ýapýar.

Galanyndan but ýasap, sežde edýär.

Ýasan oýma butuna tagzym edýär+.

16 Ýarysyny otda ýakýar.

Et gowrup, garnyny doýurýar.

Oduň başynda oturyp:

«Ýylyndym, hezil etdim!» diýýär.

17 Galanyndan taňry ýasaýar, oýma but ýasaýar.

Iki bükülip, oňa sežde edýär.

Buta çokunyp:

«Eý taňrym, meni gora!» diýýär+.

18 Olar hiç zat bilmeýär, hiç zada düşünmeýär+,

Sebäbi gözleri bagly, hiç zady görmeýär.

Olaryň aň-düşünjesi ýok.

19 Olaryň ne bilimi, ne-de düşünjesi bar.

Hiç biri oýlanmaýar, öz-özüne:

«Men agajyň ýarysyny odun etdim,

Közünde çörek bişirdim, et gowurdym.

Indi bolsa galanyndan ýigrenji but ýasaýynmy?+

Bir bölek agaja sežde edeýinmi?» diýmeýär.

20 Ol kül bilen naharlanýar.

Azgyn ýüregi azdyrýar.

Ol janyny halas edip bilmeýär.

Şeýle-de: «Sag elimdäki dereksiz zat dälmi?» diýmeýär.

21 «Ýakup, Ysraýyl, şuny unutma!

Sen meniň gulum,

Seni men ýaratdym, sen meniň gulum+.

Ysraýyl, seni unutmaryn+.

22 Günäleriň üstüni bulut bilen+,

Ýazyklaryňy gara bulut bilen örterin.

Maňa dolan, seniň üçin töleg tölejek+.

23 Eý gökler, begenip gygyryň!

Sebäbi Ýehowa aýaga galdy.

Ýeriň düýpleri, şatlykdan ýaňa gygyryň!

Daglar, tokaýlar, ähli agaçlar, şatlanyp gygyryň!+

Sebäbi Ýehowa Ýakup üçin töleg töledi,

Ysraýylyň hatyrasyna şan-şöhratyny görkezdi»+.

24 Seniň üçin töleg tölän+,

Ejeň ýatgysynda saňa şekil beren Ýehowa şeýle diýýär:

«Ähli zady ýaradan men, Ýehowa.

Asmany özüm üçin ýaýdym+,

Ýer ýüzüni ýazdym+.

Maňa kömek eden boldumy?

25 Ýalan pygamberleriň sözlerini* puja çykarýaryn,

Palçylary däliredýärin+.

Paýhasly adamlary akylyndan azaşdyrýaryn,

Olaryň bilimini akmaklyga öwürýärin+.

26 Men öz gulumyň sözlerini amala aşyrýaryn,

Habarçylarymyň aýdanlaryny ýerine ýetirýärin+.

Iýerusalim hakda: „Ilatly bolar“+ diýýärin.

Ýahudanyň galalary hakda: „Olar dikeldiler+.

Diwarlaryny özüm galdyraryn“+ diýýärin.

27 Men düýpsüz ummana: „Bugaryp gurarsyň,

Derýalaryň baryny guradaryn“+ diýýärin.

28 Men Kir+ hakda: „Ol meniň çopanym,

Ähli niýetimi doly amala aşyrar“+ diýýärin.

Iýerusalim hakda: „Ol dikeldiler“,

Ybadathana: „Seniň düýbüň tutular“+ diýýärin».

45 Ýehowa Kiri saýlady+,

Onuň sag golundan tutup+,

Halklary tabyn eder+,

Patyşalary boýun egdirer*,

Goşa gapylary açar,

Derwezeleri açyp goýar.

Hudaý Kire şeýle diýýär:

 2 «Men seniň öňüňden giderin+,

Depeleri tekizlärin.

Mis gapylary bölek-bölek ederin,

Demir gulplary döwerin+.

 3 Garaňky ýerde duran hazynalary,

Gizlin saklanýan genji-hazynany bererin+.

Şonda meniň Ýehowadygymy,

Adyňy tutup çagyran Ysraýylyň Hudaýydygymy bilersiň+.

 4 Gulum Ýakubyň, saýlanym Ysraýylyň hatyrasyna,

Adyňy tutup çagyraryn.

Meni tanamasaň-da, hormatly at bererin.

 5 Men, Ýehowa, menden başgasy ýokdur.

Menden başga Hudaý ýokdur+.

Meni tanamasaň-da, güýç-kuwwat bererin*.

 6 Gündogardan günbatara çenli ähli halklar bilsinler,

Menden başgasy ýokdur+,

Men, Ýehowa, menden başgasy ýokdur+.

 7 Ýagtylygy-da+, garaňkylygy-da+ men ýaratdym,

Parahatlygy-da+, betbagtçylygy-da men getirýärin+.

Olaryň ählisini edýän men, Ýehowadyryn.

 8 Eý asman, ýere ýagyş ýagdyr+.

Goý, bulutlar dogruçyllygy indersin.

Ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin,

Onuň bilen dogruçyllyk gögersin+.

Muny eden men, Ýehowadyryn».

 9 Ýaradan bilen dawalaşýanyň waý halyna!

Ol döwlen küýze bölegidir,

Ýerde pytrap ýatan küýze böleginiň biridir.

Toýun Küýzegäre: «Ýasan zadyň näme?» diýermi?+

Ýasan zadyň saňa: «Eliň ýok» diýermi?*

10 Kakasyna: «Meni näme üçin dünýä inderdiň?»

Ejesine: «Meni näme üçin dogurdyň?» diýýäniň waý halyna!

11 Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy,

Ony ýaradan Ýehowa+ şeýle diýýär:

«Etjek işlerime şübhelenýärmiň?

Ogullaryma+, ýaradanlaryma näme etmelidigimi öwretjek bolýarmyň?

12 Ýeri döreden+, ynsanlary ýaradan mendirin+.

Ellerim bilen asmany ýaýan+,

Asman jisimlerine* buýruk beren mendirin»+.

13 «Men adalatyň hatyrasyna bir adamy saýlaryn+,

Onuň ähli ýollaryny tekizlärin.

Ol meniň şäherimi gurar+,

Sürgün edilen halkymy tölegsiz, parasyz+ azat eder»+.

Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

14 Ýehowa şeýle diýýär:

«Müsüriň girdejisi*, Efiopiýanyň harytlary*,

Sabanyň uzyn boýly halky saňa geler, olar seniňki bolar.

Elleri gandally yzyňa düşer,

Öňüňde dyza çöker+.

Olar gorkudan ýaňa: „Alla seniň bilendir+.

Başgasy ýok, ondan başga Hudaý ýokdur“ diýer».

15 Ysraýyl Hudaýy, Halasgär Alla!+

Sen niýetiňi gizlin saklaýan Hudaýsyň.

16 But ýasaýanlaryň ählisi masgara bolar, utanja galar,

Olaryň hemmesi abraýdan düşer+.

17 Eý Ysraýyl, Ýehowa seni hemişelik halas eder+,

Indi sen hiç haçan utanja galmarsyň, masgara bolmarsyň+.

18 Men asmany döretdim+,

Ýeri ýaratdym, şekil berdim we berkitdim+,

Ýeri biderek ýere* däl, ýaşaýyş üçin ýaratdym+,

Hak Hudaý Ýehowa şeýle diýýär:

«Men Ýehowa, menden başgasy ýokdur.

19 Men gizlin ýerde+, tümlük mekanynda geplemedim,

Ýakubyň nesline:

„Meni agtaryň, ýöne bary biderek bolar“ diýmedim.

Men hakykaty, dogry zady aýdýan Ýehowa Hudaýdyryn+.

20 Halklardan gaçyp gutulanlar!+

Geliň, toplanyň, bir ýere ýygnanyň.

Oýma butlary göterýänler,

Halas edip bilmeýän taňra dileg edýänler hiç zat bilmeýär+.

21 Aýdyň, dawaňyzy orta atyň,

Özara maslahat ediň.

Muny ozal başda aýdan kim?

Gadymy günlerde yglan eden kim?

Muny men, Ýehowa aýtmadymmy?

Menden başga Alla ýok.

Men dogruçyl we Halasgär Hudaý+, menden başgasy ýok+.

22 Eý ýer ýüzi, maňa dolan, halas bolarsyň!+

Sebäbi men Hudaý, menden başgasy ýok+.

23 Adymdan ant içýärin,

Agzymdan çykan sözüm hakdyr,

Ýerine ýetmän galmaz+.

Her bir adam öňümde dyza çöker,

Ähli diller wepaly boljagyna ant içip+ diýer:

24 „Ýehowa adalatly we güýç-kuwwatly Hudaýdyr.

Oňa gaharlanan her bir adam utana-utana öňüne geler.

25 Bütin Ysraýyl nesli Ýehowa bil baglanyna begener+,

Onuň eden işlerine buýsanar“».

46 Bel dyza çökýär+, Nebo iki bükülýär,

Olaryň butlary haýwanlara, mallara ýüklenýär+,

Olar ýadap, zordan göterýär.

 2 Taňrylar iki bükülýär, dyza çökýär;

Ýüklerini* halas edip bilmeýär,

Özleri-de ýesir düşýär.

 3 «Ýakubyň öýi, Ysraýyl öýüniň aman galanlary+, gulak asyň!

Dünýä ineniňizden bäri goldaw berýärin,

Eneden doglanyňyzdan bäri göterip gelýärin+.

 4 Garrasaňyz-da, men üýtgemerin+.

Saçyňyz agarsa-da, sizi göterip gezerin.

Hemişekim ýaly, sizi götererin, goldaryn, halas ederin+.

 5 Meni kime meňzedýärsiňiz? Meni kime deňeýärsiňiz?+

Meňzeşligiň bar diýip, kim bilen deňeşdirýärsiňiz?+

 6 Käbirleri torbasyndan altyn seçip,

Kümşi terezide çekip,

Zergäri hakyna tutup, taňry ýasadýar+,

Soňra ýere ýüzin ýykylyp çokunýar+.

 7 Buty gerşinde göterýärler+,

Eltip ýerinde goýýarlar, ol gozganman durýar.

Ol ýerinden butnamaýar+.

Oňa ýalbarýarlar, ýöne jogap bermeýär,

Hiç kimi halas edip bilmeýär+.

 8 Şulary ýatda saklaň, mert boluň.

Eý günäkärler, olar hakda oýlanyň.

 9 Gadymy döwürde bolan zatlary* unutmaň,

Men Hudaý, menden başgasy ýok.

Men Hudaý, meniň ýaly ýok+.

10 Soňunda näme boljagyny öňünden aýdypdym,

Boljak zatlary gadymy günlerde habar beripdim+.

Men diýýärin: „Niýetim* ýerine ýeter+,

Ýüregime düwenim amala aşar“+.

11 Gündogardan ýyrtyjy guşy çagyraryn+,

Uzak ülkeden niýetimi* ýerine ýetirjek biri geler+.

Men aýtdym, aýdanym amala aşar.

Maksat goýdum, maksadyma ýeterin+.

12 Kesir* ýürekler, gulak asyň!

Dogry ýoldan çykanlar, diňläň!

13 Adalaty dikeltjek wagtym golaýdyr,

Uzakda däldir.

Gijä galmaryn, halas ederin+.

Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy görkezerin»+.

47 Eý Wawilon gyzy+,

Aşak düş, gum üstünde otur.

Eý haldeý gyzy,

Ýerde otur, ol ýerde tagt ýokdur+.

Indi saňa näzik, lälik diýmezler.

 2 Un üwemek üçin degirmen al,

Bürenjegiňi aýyr.

Köýnegiň etegini galdyr,

Aýakýalaňaç derýalardan geç.

 3 Ýalaňaç ýeriň örtülmez,

Uýat ýeriň açylar.

Men ar alaryn+, garşyma hiç kim çykyp bilmez*.

 4 «Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy

Biziň üçin töleg töledi.

Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr»+.

 5 Eý haldeý gyzy,

Garaňkylykda ümsüm otur+.

Indi saňa patyşalyklaryň melikesi diýmezler+.

 6 Halkyma gaharym geldi+,

Mirasymy haram etdim+,

Ony seniň eliňe berdim+.

Ýöne sen rehim etmediň+.

Hatda gojanyň gerşine-de agyr ýük atdyň+.

 7 Sen: «Men hemişe, ebedilik melike bolaryn»+ diýdiň.

Sen edýän işleriň hakda oýlanmadyň,

Soňy barada pikir etmediň.

 8 Eý keýpi-sapany söýýän, ünsli diňle!+

Sen howp-hataryň nämedigini bilmeýärsiň.

Sen özüňe: «Men ýekeje, menden başgasy ýok+.

Men dul galmaryn,

Çagalarymdan mahrum bolmaryn»+ diýýärsiň.

 9 Emma ikisi-de duýdansyz, bir günüň içinde başyňa geler+:

Çagalaryňdan mahrum bolarsyň, dul galarsyň.

Porhanlaryň we güýçli doga-tumarlaryň sebäpli*+,

Betbagtçylyk güýçli zarba bilen başyňdan iner+.

10 Erbet işleriňe daýandyň,

«Meni hiç kim görmeýär» diýdiň.

Akyldarlygyň we bilimiň seni ýoldan çykardy,

Içiňden: «Men ýekeje, menden başgasy ýok» diýdiň.

11 Indi betbagtçylyk başyňdan iner,

Jadygöýligiň bilen halas bolup bilmersiň.

Üstüňe heläkçilik geler, gutulyp bilmersiň.

Ömrüňde görmedik betbagtçylygyň duýdansyz geler+.

12 Bar, jadygöýligiňi et, dogalamagyňy dowam et.

Sen şu zatlary ýaşlykdan bäri edýärsiň+.

Belki, munuň peýdasy deger,

Belki, adamlary gorkuzyp bilersiň.

13 Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa başyň çaşdy.

Göklere çokunýanlar, ýyldyzlara syn edýänler*+,

Aýaga galsyn, seni halas etsin.

Täze dogan Aýa seredip,

Başyňa injek zatlar hakda gürrüň bersin.

14 Indi olar saman ýaly,

Oda ýanyp kül bolarlar.

Özlerini otdan halas edip bilmezler.

Ol oda ýylnyp bolmaz,

Başynda oturyp, çoýunyp bolmaz.

15 Ýaşlygyňdan bäri seniň bilen işleşip gelýän

Gözbagçylaryň soňy şeýle bolar.

Olar dumly-duşa* dargarlar,

Hiç kim seni halas etmez+.

48 Ýakubyň öýi, diňläň!

Siz Ysraýylyň adyny göterýärsiňiz+,

Ýahudanyň neslinden* dörediňiz.

Ýehowanyň adyndan ant içýärsiňiz+,

Ysraýyl Hudaýyny çagyrýarsyňyz,

Ýöne muny ak ýürekden*, dogruçyllyk bilen etmeýärsiňiz+.

 2 Olar mukaddes şäherde ýaşaýandygyna buýsanýarlar+,

Ysraýyl Hudaýyndan,

Ady Serkerdebaşy Ýehowadan hemaýat soraýarlar+.

 3 «Geçmişde* bolanlary öňünden aýdypdym,

Olar meniň agzymdan çykypdy.

Olary äşgär edipdim+.

Men dessine aýaga galdym, olary amala aşyrdym+.

 4 Siz barypýatan kesir,

Boýnuňyz demirden, maňlaýyňyz misden+.

 5 Size gadymy günlerde äşgär edipdim.

Siz: „Muny butumyz etdi,

Guýma we oýma butlaryň emri bilen boldy“ diýmez ýaly,

Heniz amala aşmanka aýdypdym.

 6 Siz şolaryň baryny eşitdiňiz hem gördüňiz.

Muny başgalara aýtman durarsyňyzmy?+

Men indi size täze zatlary+,

Gizlin syrlary, bilmeýän zatlaryňyzy aýdýaryn.

 7 Olar gadymy döwürde däl, ýaňyja peýda boldy.

Muny şu günlere çenli eşiden dälsiňiz,

„Men olary bilýärdim“ diýip bilmersiňiz.

 8 Siz eşitmek, bilmek islemediňiz+,

Owalbaşda diňlemek islemediňiz.

Siziň dönükdigiňizi bilýärin+,

Siz doglanyňyzdan bäri, günä edip gelýärsiňiz+.

 9 Emma men adymyň hatyrasyna gaharymy saklaryn+;

Şan-şöhratymyň hatyrasyna özümi dürsärin,

Sizi ýok etmerin+.

10 Men sizi kümşüň arassalanyşy ýaly arassalamadym+,

Sizi ýanyp duran peçde, jebir-jepa içinde synadym*+.

11 Adymyň hatyrasyna, adym üçin aýaga galaryn+.

Heý-de, men adyma ysnat gelmegine ýol bererinmi?+

Men şan-şöhratymy hiç kime bermerin*.

12 Ýakup, meni diňle! Saýlanym Ysraýyl, maňa gulak as!

Men üýtgemeýärin+, men ilkinji we soňkudyryn+.

13 Men elim bilen ýeriň düýbüni tutdum+,

Sag elim bilen asmany ýaýdym+.

Olary çagyrsam, derrew huzuryma gelýärler.

14 Ähliňiz jem bolup diňläň.

Butlaryň* haýsysy muny yglan etdi?

Ýehowa ony* gowy gördi+.

Ol Wawilona garşy niýetimi amala aşyrar+,

Eli bilen haldeýleri urar+.

15 Men aýtdym, men çagyrdym+,

Men ony getirdim, eden işi oňuna bolar+.

16 Huzuryma geliň, diňläň!

Owalbaşda gizlemedim, jar etdim+.

Ol berjaý bolanda, men şol ýerdedim».

Ine, Älemiň Hökümdary Ýehowa ruhuny berip, meni iberdi.

17 Siziň Halasgäriňiz* Ýehowa,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy+ şeýle diýýär:

«Men, Ýehowa, siziň Hudaýyňyz.

Size peýdaly* zatlary öwredýärin+,

Ýöremeli ýoluňyzdan alyp barýaryn+.

18 Eger tabşyryklarymy diňleseňiz+,

Parahatlygyňyz derýa kimin+,

Dogruçyllygyňyz deňiz tolkunlary kimin bolar+.

19 Nesilleriňiz çäge deý köp bolar,

Nebereleriňiz çäge deý sansyz-sajaksyz bolar+.

Atlary hiç haçan öçmez, ýitip gitmez».

20 Wawilondan çykyň!+

Haldeýlerden gaçyň!

Muny gygyryp yglan ediň, buşlaň!+

Tutuş ýer ýüzüne jar edip+ diýiň:

«Ýehowa guly Ýakup üçin töleg töledi+.

21 Olary çölden geçirende suwsamadylar+.

Olar üçin gaýadan suw akdyrdy,

Gaýany ýardy, suw çogup çykdy»+.

22 Ýehowa: «Erbetler asuda durmuş görmezler» diýýär+.

49 Diňläň, eý adalar!

Üns beriň, eý uzakdaky milletler!+

Ýehowa meni dünýä inmänkäm saýlady+.

Ejemiň garnyndakam adymy tutup çagyrdy.

 2 Ol dilimi* kesgir gylyç ýaly etdi,

Meni golunyň saýasynda gizledi+.

Meni ýiti peýkam ýaly edip,

Ok gabyna saldy.

 3 Ol maňa: «Ysraýyl, sen meniň gulum!+

Sen arkaly şan-şöhratymy görkezerin»+ diýdi.

 4 Emma men: «Biderek zähmet çekdim.

Güýjümi boş zada, biderek ýere sarp etdim.

Maňa Ýehowa höküm çykarar,

Sylagymy Alla berer»+ diýdim.

 5 Ýehowa maňa ejemiň garnynda şekil berdi,

Meni öz guly edip saýlady,

Ýakuby getirmegi tabşyrdy,

Ysraýyly jemlemegi buýurdy+.

Ýehowanyň öňünde şöhrata eýe bolaryn,

Hudaýym güýç-kuwwat berer.

 6 Ol: «Eý gulum, sen Ýakubyň taýpalaryny dikeldersiň,

Ysraýylyň aman galanlaryny jemlärsiň.

Şeýle-de sen milletlere nur saçarsyň+,

Bütin ýer ýüzüne halas edişimi yglan edersiň»+ diýdi.

7 Ysraýyl üçin töleg tölän Mukaddes Hudaý Ýehowa+ halkyň ýigrenen+, masgara eden adamyna, patyşalaryň hyzmatkärine şeýle diýýär:

«Patyşalar görende ýerinden turar,

Han-begler tagzym eder.

Sebäbi seni wepaly Hudaý Ýehowa+,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy saýlady»+.

 8 Ýehowa şeýle diýýär:

«Rehim eden döwrüm saňa jogap berdim+,

Gutulyş güni saňa kömek etdim+.

Men seni goradym, sebäbi sen halklara äht bolmaly+,

Ýurdy dikeltmeli,

Haraba bolan mirasy halkyma gaýtaryp bermeli+.

 9 Tussaglara: „Azat boluň!“+

Garaňkylykda oturanlara+: „Ýagtylyga çykyň!“ diýmeli.

Olar goýun sürüsi kimin ýollaryň gyrasynda otlarlar,

Basgylanan ýodalaryň* töweregi olaryň öri meýdany bolar.

10 Olar ajykmaz, suwsamaz+,

Olary jöwza ýakmaz, gün urmaz+.

Sebäbi rehimdar Hudaý olara ýol görkezer+,

Akar suwlaryň boýuna elter+.

11 Men daglarymy tekiz ýol ederin,

Şaýollarymy beýgelderin+.

12 Ine, olar uzaklardan gelýär+.

Käbiri demirgazykdan, käbiri günbatardan,

Käbiri bolsa Sinim ýurdundan gelýär»+.

13 Eý asman hem ýer, şatlykdan ýaňa gygyryň!+

Goý, daglar begenip gygyrsyn!+

Sebäbi Ýehowa halkyna teselli berýär+,

Ezilenlere rehim edýär+.

14 Emma Sion: «Ýehowa meni terk etdi+.

Ýehowa meni unutdy»+ diýýär.

15 Ene emdirýän balasyny unudarmy?

Bagryndan önen çagasyna rehimi inmezmi?

Ene balasyny unutsa-da, men seni hiç haçan unutmaryn+.

16 Seret, adyňy elimiň aýasyna ýazdym.

Diwarlaryň hiç haçan göz öňümden gitmeýär.

17 Ogullaryň ylgap geler.

Seni ýer bilen ýegsan edenler uzaklara giderler.

18 Başyňy galdyr, daş-töweregiňe seret,

Ählisi jem bolup ýanyňa gelýär+.

Ýehowa şeýle diýýär: «Men diri şaýatdyryn.

Olary şaý-sep kimin dakynarsyň,

Gelin kimin boýnuňa monjuk edip dakarsyň.

19 Seniň ýurduň haraba bolsa-da,

Çöle dönse-de, boşap galsa-da+,

Indi adamlardan dolar, ýer ýetmän galar+.

Seni ýalmap-ýuwudanlar+, indi golaýyňa gelmezler+.

20 Perzentleriňden mahrum bolan döwrüň

Doglan çagalar: „Bärsi bize darlyk edýär.

Ýaşara ýer ber“+ diýerler.

21 Sen içiňden diýersiň:

„Olar kimiň çagalary?

Men çagalaryndan mahrum bolan,

Önelgesiz aýal ahyryn!

Meni sürgün etdiler, zyndana saldylar.

Kim olary kemala getirdi?+

Men ýeke galdym!+

Olar nireden geldi?“»+

22 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:

«Milletlere el galdyraryn,

Halklar üçin bellik dikerin+.

Olar ogullaryňy gujagynda,

Gyzlaryňy boýnunda göterip getirerler+.

23 Patyşalar saňa gulluk eder+,

Şa aýallar çagalaryň enekesi bolar.

Olar ýere ýüzin düşüp, saňa tagzym ederler+,

Aýagyň tozanyny ýalarlar+.

Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiň,

Maňa umyt baglanlar utanja galmaz»+.

24 Güýçli adamyň elinden ýesirleri azat edip bolarmy?

Zalymyň sürgün edenlerini halas edip bolarmy?

25 Ýehowa şeýle diýýär:

«Güýçli adamyň elinden ýesirler azat ediler+.

Zalymyň sürgün edenleri halas ediler+.

Saňa garşy çykanlar bilen özüm söweşerin+.

Ogullaryňy özüm halas ederin.

26 Sizi ezen adamlara öz etini iýdirerin,

Süýji şerabyň ýerine ganyny içirerin.

Şonda ähli halklar meniň Ýehowadygymy+,

Seniň üçin töleg tölän+ Halasgärdigimi+,

Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler»+.

50 Ýehowa şeýle diýýär:

«Ejeňizi öýden kowanymda talak hatyny+ berdimmi näme?

Sizi haýsy algydaryma satdym?

Siz günä edendigiňiz+ üçin satyldyňyz.

Siziň günäňiz üçin ejeňiz kowuldy+.

 2 Onda näme üçin men gelenimde hiç kim ýokdy?

Çagyranymda näme üçin hiç kim jogap bermedi?+

Sizi halas etmäge golum ejizmi?

Sizi azat etmäge güýjüm ýetmezmi?+

Men käýänimde deňiz guraýar+,

Derýalar çöle öwrülýär+.

Balyklar suwsuzlykdan gyrylýar,

Suwsuzlykdan porsaýar.

 3 Asmany garaňkylyk bilen örtýärin+,

Egnine jul* geýdirýärin».

 4 Älemiň Hökümdary Ýehowa meni dile çeper etdi+,

Güýçden gaçanlar bilen gepleşmek* üçin

Gerekli sözleri tapmagy öwretdi+.

Ol meni her säher oýarýar,

Okuwçy kimin diňlärim ýaly gulagymy açýar+.

 5 Älemiň Hökümdary Ýehowa gulagymy açanda,

Men garşylyk görkezmedim+,

Tersine gitmedim+.

 6 Meni uranlara arkamy,

Sakgalymy ýolanlara ýaňagymy tutdum.

Kemsitseler-de, tüýkürseler-de ýüzümi sowmadym+.

 7 Älemiň Hökümdary Ýehowa maňa kömek eder+,

Ýüzüm gyzarmaz,

Ýüzümi çakmakdaşy ýaly gatatdym+,

Asla utanmaryn.

 8 Meni dogruçyl hasaplaýan Hudaýym ýanymda dur.

Meni kim aýyplap biler?+

Geliň, ýüzleşeliň!

Kim meniň bilen dawalaşyp biler?

Hany, öňe çyksyn!

 9 Älemiň Hökümdary Ýehowa maňa kömek eder.

Kim maňa gara ýöňkäp biler?

Olaryň ählisi eşik kimin çüýrär,

Olary güýe iýer.

10 Haýsyňyz Ýehowadan gorkýarsyňyz?

Haýsyňyz hyzmatkäriniň sözlerine gulak asýarsyňyz?+

Eline alaw alman tümlükde ýöreýän kim?

Goý, ol Ýehowanyň adyna bil baglasyn, Alla daýansyn!

11 Eý ot ýakýanlar!

Közi gorjalaýanlar!

Öz ýakan oduňyzyň ýagtysynda,

Uçgunlaryň arasynda geziň.

Meniň size berjek jezam şudur:

Jebir içinde süýnersiňiz.

51 «Adalaty agtarýanlar, diňläň!

Ýehowany gözleýänler, gulak goýuň!

Gaýa serediň, siz ondan alyndyňyz,

Çukura serediň, siz ondan çykdyňyz.

 2 Ataňyz Ybraýyma,

Sizi dünýä inderen Bibisara+ serediň.

Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi+,

Oňa bereket berdim, neslini köpeltdim+.

 3 Ýehowa Siona teselli berer+,

Weýran bolan ýerlerini dikelder*+.

Çölleri Erem bagy deý bolar+,

Düz ýerleri Ýehowanyň bagyna öwrüler+.

Şatlyk we begenç sesi ýaňlanar,

Alkyş we aýdym owazy ýaň salar+.

 4 Halkym, meni diňläň!

Halkym+, maňa gulak asyň!

Men kanun çykararyn+,

Men adalaty dikelderin, ol halklara nur saçar+.

 5 Adalaty dikeltjek günüm+,

Gutulyş günüm ýetip gelýär+.

Golum bilen milletleri höküm ederin+,

Adalar maňa umyt baglar+,

Kuwwatly golumyň galmagyna garaşarlar.

 6 Başyňyzy göge galdyryň,

Aşak, ýere serediň.

Gökler tüsse kimin dargar,

Ýer eşik kimin çüýrär,

Adamlar çybyn deý öler.

Emma men ebedilik halas ederin+,

Adalatym müdimilik bolar+.

 7 Eý adalaty söýýänler,

Kanunymy* ýüregine ýazanlar+, diňläň!

Başy ölümli ynsan üstüňizden gülse, gorkmaň,

Olar kemsitse, heder etmäň.

 8 Sebäbi güýe olary eşik kimin iýer,

Güýe* olary ýüň kimin dargadar+.

Emma adalatym müdimilik durar,

Gutulyşym nesilden-nesle dowam eder»+.

 9 Ýehowanyň goly, oýan!+

Oýan, güýjüňe güýç goşulsyn!

Gadymy günlerde, ata-babalarymyzyň döwründe oýanyşyň ýaly oýan!

Rahawy*+ bölek-bölek eden,

Deňiz läheňini parçalan sen dälmi?+

10 Deňzi, çuň suwlary guradan sen dälmi?+

Töleg töläp alan halkyň geçer ýaly,

Deňziň içinden ýol çeken sen dälmi?+

11 Ýehowanyň halas edenleri geler+.

Olar begenip Siona girer+.

Tükeniksiz şatlyk başynyň täji bolar+.

Olar begener, şatlanar,

Gaýgy-gamy unudar+.

12 «Men size göwünlik bererin+.

Başy ölümli ynsandan,

Ot kimin saralyp-solýan adamdan näme üçin gorkjak?+

13 Asmany ýaýan+, ýeriň düýbüni tutan,

Ýaradanyňyz Ýehowany+ näme üçin unutdyňyz?

Gaharjaň hojaýyn öldürer öýdüp,

Siz her gün gorkup ýördüňiz.

Hany, gaharjaň hojaýynyňyz nirede?

14 Gandala salnan, bili bükülen adam azatlyga çykar+.

Ol ölmez, çukura inmez,

Çörege zar bolmaz.

15 Emma men, Ýehowa, siziň Hudaýyňyz.

Men deňzi çaýkaýaryn, tolkun atdyrýaryn+.

Adym Serkerdebaşy Ýehowadyr+.

16 Size sözümi yglan etdirerin,

Golumyň saýasynda sizi gizlärin+.

Şonda gökleri ýaýaryn, ýeriň düýbüni tutaryn+,

Siona: „Meniň halkym“+ diýerin.

17 Eý Iýerusalim, oýan! Oýan, aýaga gal!+

Sen Ýehowanyň beren gazap käsesinden içdiň.

Sen käseden içdiň,

Käsäni boşatdyň, serhoş bolduň+.

18 Dünýä inderen ogullaryň hiç biri ýol görkezmez,

Kemala getiren ogullaryň hiç biri eliňden tutmaz.

19 Şu dertleriň ikisinem çekersiň.

Kim saňa göwünlik berer?

Talanarsyň, weýran bolarsyň,

Açlyk çekersiň, başyňdan gylyç iner+.

Kim saňa teselli berer?+

20 Ogullaryň huşuny ýitirdi+,

Tora düşen dag goçy ýaly,

Köçäniň çatryklarynda çaşyp ýatyrlar.

Ýehowanyň gazap käsesinden içdiler,

Hudaýyň temmisini aldylar».

21 Şerap içmän serhoş bolan aýal,

Görgüli aýal, gulak goý!

22 Halkyny goraýan Hudaý,

Hökümdaryň Ýehowa şeýle diýýär:

«Serhoş edýän käsäni+,

Gazap käsämi eliňden alaryn.

Ondan gaýdyp içmersiň+.

23 Ony saňa sütem edenleriň eline bererin+,

Olar: „Ýere ýüzin düş, seni basgylap geçjek“ diýdiler.

Olar ýerden, köçeden ýörän ýaly,

Arkaňy depeläp geçdiler».

52 Oýan, Sion+, oýan! Güýjüňe güýç goşulsyn!+

Mukaddes şäher Iýerusalim, owadan lybasyňy geý!+

Sünnetsiz, haram adam derwezeleriňden girmez+.

 2 Tur, Iýerusalim, tozanyňy kakyp, törde otur!

Sionyň ýesir düşen gyzy, zynjyry boýnuňdan aýyr+.

 3 Ýehowa şeýle diýýär: «Siz mugt berildiňiz+,

Pul tölenmän yzyňyza alnarsyňyz»+.

 4 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:

«Başda halkym Müsürde gelmişek bolup ýaşady+,

Soňra Assiriýa sebäpsiz ýere halkymy ezdi».

 5 Ýehowa şeýle diýýär: «Indi men näme etmeli?

Töleg tölemän halkymy alyp gitdiler.

Olara agalyk edýänler öwünýärler»+. Muny Ýehowa aýdýar.

«Yzyny üzmän her gün adyma dil ýetirýärler+.

 6 Şonuň üçin halkym adymy biler+,

Şol gün gepleýäniň mendigime düşüner.

Muny men aýdýaryn».

 7 Daglardan aşyp,

Hoş habary aýdýanlaryň aýaklary nähili owadan!+

Olar parahatlygy yglan edýärler+,

Gowy günler barada habar berýärler,

Gutulyş habaryny jar edýärler.

Siona: «Hudaýyň Patyşa boldy!»+ diýýärler.

 8 Diňle, garawullaryň batly gygyrýar,

Ählisi birlikde şatlykdan ýaňa gygyrýar!

Olar Ýehowanyň Siony dikeltjek gününi gözi bilen görerler.

 9 Iýerusalimiň harabaçylyklary, şatlanyň, gygyryň!+

Sebäbi Ýehowa halkyna teselli berdi+,

Iýerusalim üçin töleg töledi+.

10 Ýehowa halklaryň öňünde mukaddes elini çermedi+.

Indi ýer ýüzi Hudaýymyzyň halas edişini* görer+.

11 Çykyň, çykyň, ol ýerden çykyň!+ Haram zada el degirmäň!+

Ýehowanyň öýüniň esbaplaryny göterýänler,

Ol ýerden çykyň+, özüňizi päk saklaň!+

12 Siz ol ýerden howsala düşüp çykmarsyňyz,

Gaçyp gaýtmarsyňyz.

Sebäbi Ýehowa öňüňizden gider+,

Ysraýylyň Hudaýy yzyňyzdan gorar+.

13 Gulum+ düşünjeli bolar.

Ol beýgeldiler,

Mertebesi artyp, belende galar+.

14 Köpler oňa geň galyp seredipdi.

(Onuň ýüz-gözi gelşiksizdi,

Başga adamlaryňka meňzemeýärdi.

Daş keşbi özgeripdi, adamyňka çalym etmeýärdi).

15 Edil şonuň ýaly, ol hem milletleri geň galdyrar+.

Onuň öňünde patyşalar agzyny ýumar+.

Sebäbi olar aýdylmadyk zatlary görerler,

Eşitmedik zatlaryny diňlärler+.

53 Biziň aýdan* habarymyza kim iman etdi?+

Ýehowanyň gudratly goluny+ kim gördi?+

 2 Onuň* öňünde gulum baldak+ kimin gögerer,

Takyrlykda ösen kök kimin bolar.

Onda ne boý-syrat, ne-de baýlyk bolar+.

Oňa seredenimizde, görk-görmegi bolmaz.

 3 Ony ýigrendiler, ondan gaçdylar+.

Ol agyrynyň, keseliň nämedigini bildi.

Adamlar ondan ýüzüni sowýardy.

Ony ýigrendiler, biz ony adam sanynda görmedik+.

 4 Ol derdimizi+, agyrymyzy gerdeninde göterdi+.

Biz bolsa ony Hudaý urandyr,

Başyndan dert inderendir, temmi berendir öýtdük.

 5 Ol biziň günälerimiz üçin+ ýaralandy+,

Etmişlerimiz üçin ejir çekdi+.

Biziň parahatlygymyz üçin oňa jeza berildi+.

Onuň ýaralary bize melhem boldy+.

 6 Ählimiz goýun ýaly azaşypdyk+,

Her kim öz ugruna gidipdi.

Emma Ýehowa günälerimizi onuň egnine atdy+.

 7 Oňa sütem edildi+, ol jebir çekmäge razy boldy+,

Agzyny hem açmady.

Ol soýuljak goýun ýaly alnyp gidildi+,

Gyrkymçynyň öňünde sessiz ýatan goýun deý,

Agzyny hem açmady+.

 8 Oňa sütem etdiler, adalatsyzlyk bilen alyp gitdiler.

Hiç kim onuň aslyny* biljek bolmady.

Sebäbi ol ýagty jahandan ýok edildi+,

Halkymyň günäsi üçin öldürildi+.

 9 Ýamanlyk etmese-de,

Agzyndan ýalan söz çykmasa-da+,

Oňa erbetleriň ýanynda gabyr gazyldy+.

Ölende bolsa baýlaryň hatarynda jaýlandy+.

10 Ýehowa onuň jebir-jepa çekmegini isledi*,

Hudaý onuň dert çekmegine ýol berdi.

Janyny ýazyk gurbanlygy edip berseň+,

Ol nesillerini görer, uzak ömür sürer+.

Ol arkaly Ýehowanyň niýeti* amala aşar+.

11 Jebir-jepa çekse-de, eden işlerini görüp begener.

Dogruçyl bendäm, gulum+ öwrenen zatlary bilen,

Ençeme adamlara dogruçyl bolmaga kömek eder+.

Olaryň günälerini gerdeninde göterer+.

12 Şonuň üçin men oňa il hatarynda paý bererin.

Ol pälwanlar bilen olja paýlaşar.

Sebäbi ol janyny gurban etdi+,

Jenaýatçylar bilen deň görüldi+.

Köp adamlaryň günäsini öz boýnuna aldy+.

Jenaýatçylar üçin töwellaçy boldy+.

54 «Çaga dogurmadyk, önelgesiz aýal, şatlanyp gygyr!+

Burgynyň azabyny çekmedik aýal+, begenip gygyr!+

Sebäbi taşlanan aýalyň ogullary,

Ärli aýalyň ogullaryndan köpdür»+. Muny Ýehowa aýdýar.

 2 «Çadyryňy giňelt+,

Uly çadyryň matalaryny has-da uzalt.

Ýüplerini uzaltmaga ýaýdanma,

Gazyklaryny mäkäm kak+.

 3 Sen saga-sola ýaýrarsyň,

Nesliň milletlere agalyk eder.

Olar boşap galan şäherlerde ýaşar+.

 4 Gorkma+, sen utanja galmarsyň+,

Kemsinme, ýüzüň gyzarmaz.

Ýaşlykda biabraý bolanyňy unudarsyň,

Dul galyp, masgara bolanyňy ýatlamarsyň».

 5 «Beýik Ýaradan+ seniň hojaýynyňdyr*+.

Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr.

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy seniň üçin töleg töländir+.

Oňa bütin ýer ýüzüniň Hudaýy diýerler+.

 6 Sen äri taşlap giden, azap çeken+,

Ýaşlykda durmuşa çykyp, soňra kowlan aýal ýalydyň.

Emma Ýehowa seni çagyrdy». Muny seniň Hudaýyň aýdýar.

 7 «Men seni az salymlyk taşladym,

Emma rehim edip yzyňa getirerin+.

 8 Gaharym gelende, senden az salymlyk ýüz öwürdim+,

Emma çäksiz wepaly söýgim bilen saňa rehim ederin»+.

Muny seniň üçin töleg tölän+ Ýehowa aýdýar.

 9 «Nuhuň günlerinde-de şeýle bolupdy+,

Şonda ýer ýüzüni sil basmaz diýip ant içişim ýaly+,

Saňa-da gaharlanmaryn, käýemerin diýip ant içýärin+.

10 Daglar ýerinden süýşse-de,

Baýyrlar titrese-de,

Saňa bolan söýgim* sowamaz+,

Parahatlyk ähtim hiç haçan bozulmaz»+.

Muny saňa rehim eden Ýehowa aýdýar+.

11 «Biçäre+, durmuşyň ajysyny dadan,

Göwünlik berilmedik aýal!+

Diwarlaryňy hekli palçyk bilen galdyraryn,

Ýakut daşy bilen düýbüňi tutaryn+.

12 Küňreleriňi* lagyldan guraryn,

Derwezeleriňi öwşün atýan daşlardan ýasaryn,

Serhetleriňi gymmatbaha daşlardan çekerin.

13 Ähli ogullaryň Ýehowadan tälim alarlar+,

Bol parahatlykda ýaşarlar+.

14 Düýbüň adalat bilen tutular+,

Zulum-sütemi görmersiň+.

Hiç zatdan gorkmarsyň, heder etmersiň,

Gorkynyň nämedigini bilmersiň+.

15 Biri üstüňe çozsa,

Meniň emrim bilen çozmaz.

Hüjüm eden duşmanyňy ýeňersiň»+.

16 «Közi üfleýän,

Ýarag ýasaýan ussany men ýaratdym.

Weýran edýän ynsany hem men ýaratdym+.

17 Saňa garşy ýasalan ýarag derde ýaramaz+.

Kazyýetde seni aýyplaýan dili paş edersiň*.

Ýehowanyň gullarynyň mirasy şudur,

Men olar üçin adalaty dikelderin*». Muny Ýehowa aýdýar+.

55 Teşne adamlar+, geliň, suw içiň!+

Pulsuz adamlar, alyň*, iýiň!

Geliň, şeraby, süýdi mugt+ we pulsuz alyň+.

 2 Siz näme üçin çörek däl-de, biderek zat satyn alýarsyňyz?

Gazanjyňyzy näme üçin doýurmaýan zada berýärsiňiz?

Meni ünsli diňläň, ýokumly zatlary iýiň+,

Tagamly naharlary iýip, janyňyz lezzet alsyn+.

 3 Meni diňläň, ýanyma geliň!+

Maňa gulak assaňyz, uzak ýaşarsyňyz.

Dawuda bolan söýgime* wepaly bolup+,

Siz bilen hökman ebedilik äht baglaşaryn+.

 4 Men ony milletlere şaýat+,

Halklara baştutan+ we serdar etdim+.

 5 Sen ýat halky çagyrarsyň,

Seni tanamaýan halk ýanyňa ylgap geler.

Olar muny Ýehowa Hudaýyň,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň hatyrasyna ederler+.

Sebäbi ol seni şöhratlandyrar+.

 6 Wagt barka, Ýehowany agtaryň+,

Ýakyndaka, ony çagyryň+.

 7 Erbet adam ýaman ýolundan dänsin+,

Zalym adam pälinden gaýtsyn.

Ol Ýehowa dolansyn, oňa rehim eder+.

Hudaýymyza gelsin, ony doly bagyşlar+.

 8 «Meniň pikirlerim siziň pikirleriňizden tapawutlanýar+,

Meniň ýollarym siziň ýollaryňyza meňzemeýär».

Muny Ýehowa aýdýar.

 9 «Asmanyň ýerden belent bolşy ýaly,

Meniň ýollarym hem siziň ýollaryňyzdan,

Meniň pikirlerim hem siziň pikirleriňizden beýikdir+.

10 Asmandan ýagýan ýagyş bilen gar,

Ýeri suwarman, hasyl öndürmän,

Daýhana tohum, ynsana çörek bermän yzyna dolanmaz.

11 Agzymdan çykan söz hem şeýledir+.

Ol yzyna boş gaýdyp gelmez+.

Islegimi hökman berjaý eder+,

Buýrugymy doly ýerine ýetirer.

12 Siz şatlanyp gaýdarsyňyz+,

Aman-esen yzyňyza gelersiňiz+.

Daglar sizi garşy alar,

Baýyrlar begenjinden ýaňa gygyrar+,

Sähranyň agaçlary el çarparlar+.

13 Ýandak ýerine arça agaçlary+,

Tikenekleriň ýerine reýhan* agaçlary öser.

Bu öçmejek, ebedilik alamat bolup,

Ýehowa şan-şöhrat getirer»+.

56 Ýehowa şeýle diýýär:

«Adalatly boluň+, halal ýaşaň.

Sizi tizden halas ederin,

Adalaty dikelderin+.

 2 Muny ýerine ýetirýän,

Olara berk ýapyşýan adam bagtlydyr.

Sabat gününi berjaý edýän, ony haram etmeýän+,

Erbet işlere baş goşmaýan adam bagtlydyr.

 3 Ýehowa sežde edýän gelmişek+:

„Ýehowa meni halkynyň içinden çykarar“ diýmesin.

Agta*: „Men bir guran agaç“ diýmesin».

4 Sabat günlerimi berjaý edýän, meniň halaýan işlerimi edýän, ähtimi berk saklaýan agta adamlara men, Ýehowa şeýle diýýärin:

 5 «Men olara ogul-gyzdan artyk zat bererin,

Öýümde orun bererin, atlaryny unutmaryn.

Olara öçmejek at,

Ebedilik at bererin.

 6 Ýehowanyň adyny söýýän+,

Onuň guly bolmak isleýän,

Sabat gününi berjaý edýän, ony haram etmeýän,

Ähtimi berk saklaýan,

Ýehowa gulluk we sežde etmek isleýän keseki adamlary

 7 Mukaddes dagyma alyp gelerin+,

Doga edilýän öýüme getirip begendirerin.

Gurbanlyk ojagynda* beren gurbanlyklaryny,

Ýakma gurbanlyklaryny kabul ederin.

Sebäbi meniň öýüme halklaryň doga-dileg öýi diýler»+.

8 Ysraýylyň dargap giden halkyny ýygnan Älemiň Hökümdary Ýehowa+ şeýle diýýär:

«Men ýygnan halkymyň ýanyna başgalary-da çagyraryn»+.

 9 Çöl haýwanlary,

Tokaý haýwanlary, geliň, iýiň!+

10 Garawullar kör+, hiç zada üns bermeýär+.

Ählisi üýrüp bilmeýän, lal itlerdir+.

Olar haşlap dem alýar, ýatmagy we uklamagy gowy görýär.

11 Olar doýmaz-dolmaz,

Açgöz itlerdir.

Düşünjesiz çopanlardyr+,

Ählisi öz ugruna gidýär,

Her biri haram gazanjyň yşkyna düşýär.

Olar şeýle diýýär:

12 «Geliň, şerap içeliň!

Serhoş bolýançak içeliň+.

Her günümiz şeýle bolsun,

Ertirimiz mundan hem gowy bolsun!»

57 Hudaýhon adam dünýäden ötýär,

Ýöne muňa hiç kim üns bermeýär.

Wepaly adamyň jany alynýar+,

Hudaýhon adam betbagtçylyk sebäpli* ýok bolýar,

Ýöne hiç kim ol hakda pikirlenmeýär.

 2 Ol rahatlyk tapýar.

Halal ýaşan adam mazarda* ýatýar.

 3 «Jadygöý* aýalyň ogullary!

Zynahoryň, ahlaksyz aýalyň ogullary,

Golaýyma geliň!

 4 Siz kimiň üstünden gülýärsiňiz?

Diliňizi çykaryp, kimi kemsidýärsiňiz?

Günäkärleriň, ýalançylaryň çagalary siz dälmi?+

 5 Gür ýaprakly+ we uly agaçlaryň aşagynda+,

Azgyn höwesleri güýjän adamlaryň çagalary siz dälmi?

Jülgelerde, gaýalaryň arasynda,

Çagalarynyň damagyny çalanlaryň nesli siz dälmi?+

 6 Jülgedäki ýylmanak daşlary alýarsyňyz+,

Olara maýyl bolýarsyňyz.

Siz olara şerap sadakalaryny, sowgatlary berýärsiňiz+.

Men muňa razy bolarynmy?

 7 Beýik we belent daglarda ýorgan-düşek saldyňyz+,

Daglara çykyp, gurbanlyk berdiňiz+.

 8 Siz öýüňizde* ýadygärlik dikdiňiz.

Meni taşlap gitdiňiz, eşigiňizi çykaryp ýalaňaçlandyňyz,

Daga çykyp, düşegiňizi giňden ýazdyňyz.

Oýnaşlaryňyz bilen äht baglaşdyňyz,

Bir düşekde ýatmagy haladyňyz+,

Gözüňizi jyns agzasyndan aýyrmadyňyz*.

 9 Siz melhem ýaglary, hoşboý ysly atyrlary alyp,

Mäligiň* ýanyna gitdiňiz.

Çaparlary uzak ülkelere ýolladyňyz,

Abraýdan düşüp, mazara indiňiz.

10 Köp ýollary geçdiňiz, halys tapdan düşdüňiz,

Ýöne: „Bary biderek boldy!“ diýmediňiz.

Täzeden güýç topladyňyz,

Ýadamagyň nämedigini bilmediňiz.

11 Kimden gorkduňyz?

Kimden heder edip, ýalan sözläp başladyňyz?+

Meni ýatlamadyňyz+,

Hiç zat barada oýlanmadyňyz+.

Men ümsüm oturdym, hiç zat etmedim+,

Şonuň üçin menden gorkmadyňyz.

12 Men „dogruçyllygyňyzy“+, eden işleriňizi paş ederin+,

Olaryň size peýdasy bolmaz+.

13 Siz kömek sorap ýalbararsyňyz,

Emma butlaryňyzyň biri-de sizi halas etmez+.

Olar ýele tozap gider,

Bir üfläniňde ýok bolar.

Emma menden pena gözlän ýeri miras alar,

Mukaddes dagymda ýaşar+.

14 Şonda: „Ýol çekiň! Eý adamlar, ýol çekiň! Ýol taýýarlaň!+

Halkymyň öňündäki böwetleri aýryň“ diýerler».

15 Ady mukaddes+, ebedi ýaşaýan Hudaý+,

Allatagala*, Beýik Hudaý şeýle diýýär:

«Men beýik we mukaddes ýerde ýaşaýaryn+.

Ejizleri berkitmek üçin,

Ezilenlere güýç bermek üçin,

Ejizleriň we ezilenleriň ýanynda bolaryn+.

16 Olara hemişe temmi berip durmaryn,

Mydama gaharlanyp ýörmerin+.

Sebäbi ynsanlar muňa çydamaz+,

Ýaradan janly-jandarlarym güýçden gaçar.

17 Olar haram gazanjyň yşkyna düşüp günä etdiler+.

Şonda men gahar-gazaba mündüm,

Olary urdum, olardan ýüz öwürdim.

Emma olar dönüklik etdiler+,

Ýüregini diňläp, pälinden gaýtmadylar.

18 Men olaryň ýollaryny görýärin,

Olary sagaldaryn+, elinden tutup ýörederin+.

Men halkyma-da, ýas tutýanlaryna-da+ göwünlik bererin»+.

19 «Men ynsana alkyş aýtmagy öwrederin.

Uzakda we ýakynda ýaşaýanlara bol parahatlyk bererin+.

Men olary sagaldaryn». Muny Ýehowa aýdýar.

20 «Erbetler möwç urýan deňiz ýaly köşeşmäni bilmeýär,

Olar suwotyny, hapany kenara taşlaýar».

21 Hudaýym: «Erbetler asuda durmuş görmezler»+ diýýär.

58 «Batly gygyr, çekinme!

Surnaý kimin sesiň güýçli çyksyn.

Halkyma gozgalaňyny+,

Ýakubyň öýüne eden günälerini aýt.

 2 Hamala halal ýaşaýan ýaly,

Allanyň kanunlaryny berjaý edýän ýaly,

Olar meni her gün agtarýarlar.

„Hudaýyň ýollaryny höwes bilen öwrenýäris“ diýýärler+.

Hamala Hudaýa yhlas bilen sežde edýän ýaly+,

„Adalatly höküm çykar“ diýýärler.

 3 Olar: „Agyz beklesek-de, näme üçin görmeýärsiň?+

Toba etsek-de*, näme üçin üns bermeýärsiň?“+ diýýärler.

Sebäbi siz agyz bekleseňiz-de, öz bähbidiňize çapýarsyňyz,

Işçileriňize sütem edýärsiňiz+.

 4 Agyz beklän günüňiz uruş, dawa bilen gutarýar,

Biri-biriňizi rehimsiz ýumruklaýarsyňyz.

Agyz bekleýşiňiz şu bolsa, men sizi diňlemerin.

 5 Men size agyz bekläniňizde,

Toba edýän ýaly ýüzüňizi sallaň,

Gamyş ýaly başyňyzy egiň,

Jul* geýip, kül üstünde ýatyň diýdimmi?

Siz muňa agyz beklemek diýýäňizmi?

Şeýdip, Ýehowany razy ederis öýdýärsiňizmi?

 6 Men siziň şeýdip agyz beklemegiňizi isleýärin:

Adalatsyzlyk zynjyrlaryny üzüň,

Boýuntyryklary aýryň+.

Ezilenleri azat ediň+,

Her bir boýuntyrygy ikä bölüň.

 7 Çöregiňizi açlar bilen paýlaşyň+,

Garyby, öýsüz-öwzarsyz adamy öýüňize çagyryň.

Ýalaňajy geýindiriň+,

Dogan-garyndaşyňyzdan ýüz öwürmäň.

 8 Şonda nuruňyz daň şapagy deý şöhle saçar+,

Derdiňizden tiz gutularsyňyz.

Dogruçyllyk öňüňizden gider,

Şöhratly Ýehowa yzyňyzdan ýöräp, sizi gorar+.

 9 Şonda siz çagyrarsyňyz, Ýehowa jogap berer.

Perýat edersiňiz, ol bolsa: „Ine men!“ diýer.

Boýuntyryklary aýyrsaňyz,

Barmagyňyzy çommaldyp*, ajy sözleri pürkmeseňiz+,

10 Eliňizdäki zady* aç adama berseňiz+,

Ezilene hemaýat etseňiz,

Tümlükde-de nur saçarsyňyz,

Garaňkylygyňyz gündiziň güni deý ýagty bolar+.

11 Ýehowa hemişe size ýol görkezer,

Gurak ýerde zada zar etmez+.

Ol size güýç-kuwwat berer.

Siz suwa ganan bag-bakja kimin+,

Hemişe şarlap akýan çeşme kimin bolarsyňyz.

12 Gadymy harabaçylyklar siziň hatyraňyza dikeldiler+.

Siz ata-babalaryňyzyň tutan düýbüni berkidersiňiz+.

Size: „Ýykylan* diwary dikeldýänler“+,

„Halk üçin köçeleri bejerýänler“ diýerler.

13 Mukaddes Sabat günüm+ nebsiňize çapmasaňyz,

Sabat günüme şatlyk güni,

Ýehowanyň mukaddes güni, möhüm güni diýseňiz+,

Öz bähbidiňizi gözlemän, biderek gürrüňleri etmän,

Sabat gününi möhüm hasaplasaňyz,

14 Ýehowa sežde edip ýürekden şatlanarsyňyz.

Men size dünýäniň dag-depelerini bererin+.

Ataňyz Ýakubyň mirasyny bererin*+,

Sebäbi muny Ýehowa aýdýar».

59 Halas etmez ýaly Ýehowanyň eli ejiz däldir+,

Eşitmez ýaly gulagy agyr däldir+.

 2 Günä edip, özüňiz Hudaýdan daşlaşdyňyz+.

Ol sizden ýazyklaryňyz sebäpli ýüz öwürdi,

Sizi eşitmek islemedi+.

 3 Elleriňiz gana boýaldy+,

Barmaklaryňyz günä bulaşdy.

Agzyňyzdan mekirlik pürkülýär,

Diliňizden ýalançylyk dökülýär+.

 4 Adalatyň tarapyny tutýan ýok+,

Kazynyň öňünde hakykaty aýdýan ýok.

Olar boş zatlara bil baglaýar+, biderek gepleýär.

Olar diňe erbetlik hakda pikir edýär,

Adamlara hemişe ýamanlyk edýär+.

 5 Zäherli ýylanyň ýumurtgasyny basyrýar,

Möýüň kerebini dokaýar+.

Olaryň ýumurtgasyny iýen adam öler,

Basyran ýumurtgasyndan alahöwren çykar.

 6 Dokan kerebinden eşik tikip bolmaz,

Eden işleriniň peýdasy bolmaz+.

Olaryň elleri zalymlyk, gollary zorluk edýär+.

 7 Aýaklary erbetlik etmäge ylgaýar,

Bigünä gany dökmäge howlugýar+.

Oý-pikirleri pislikdir,

Ýollary weýrançylykdan, heläkçilikden doludyr+.

 8 Olar parahatlyk ýollaryny bilmeýärler,

Ýodalarynda adalatlylyk ýokdur+.

Özlerine egri ýollary çekdiler,

Olardan ýöreýänler parahatlyk görmez+.

 9 Şol sebäpli adalatlylyk bizden uzakda,

Dogruçyllyk bizden daşda.

Ýagtylyga garaşdyk, emma daş-töweregimiz garaňkylyk,

Nura garaşdyk, ýöne tümlükde ýöredik+.

10 Körler kimin diwardan ýapyşyp ýöredik,

Gözsüz kimin sermeleşip gezdik+.

Günortan çagy garaňky gijede gezýän ýaly büdreýäris.

Pälwanlaryň ýanynda jesede meňzeýäris.

11 Ählimiz aýy kimin gygyrýarys,

Gumry kimin gurruldap, zaryn-zaryn aglaýarys.

Adalata garaşdyk, ýöne görmedik,

Gutulyşa garaşdyk, emma gelmedi.

12 Saňa garşy köp gozgalaň turuzdyk+.

Günälerimiz muňa şaýatlyk edýär+.

Gozgalaň turuzdyk, günä etdik,

Olaryň hijisini unutmadyk+.

13 Günäli işlere baş goşup, Ýehowadan ýüz öwürdik,

Hudaýymyza ýeňsämizi öwürdik.

Zulum-sütem, gozgalaň hakda gürrüň açdyk+.

Ýüregimiz mekirlikden doldy, dilimiz ýalan ýagdyrdy+.

14 Adalat yza çekildi+,

Dogruçyllyk gaçdy+.

Hakykat şäher meýdançasynda* büdredi,

Dogruçyllyk baryp bilmedi.

15 Hakykat zym-zyýat boldy+,

Ýamanlykdan el çeken talandy.

Ýehowa muny görüp gynandy,

Sebäbi adalat ýokdy+.

16 Ol kömege ýetişýän adamyň ýokdugyny gördi.

Töwellaçynyň ýokdugyna haýran galdy.

Şonda goly bilen halas etdi,

Adalaty* biline berk guşady.

17 Ol dogruçyllygy sowut kimin,

Gutulyşy* tuwulga kimin geýdi+.

Ar alyş donuny egnine atdy+,

Yhlas lybasyny geýdi.

18 Olara eden işine görä, şeýle paý berer+:

Duşmanlarynyň başyndan gazabyny inderer,

Ýagylaryny jezalandyrar, adalara hakyny berer+.

19 Günbatardakylar Ýehowanyň adyndan,

Gündogardakylar şöhratyndan gorkarlar.

Sebäbi Ýehowa joşup akýan derýa kimin,

Ruhy bilen şarlap akýan derýa kimin geler.

20 «Siona, Ýakubyň toba eden nesline+

Halasgär*+ geler»+. Muny Ýehowa aýdýar.

21  Ýehowa şeýle diýýär: «Olar bilen baglaşan ähtim şudur+. Siziň üstüňize inderen ruhum, agzyňyza salan sözlerim häzirem, gelejekde-de siziň diliňizden, ogullaryňyzyň we agtyklaryňyzyň dilinden düşmez». Muny Ýehowa aýdýar.

60 «Eý aýal, ýeriňden tur+, şöhle saç!

Sebäbi nuruň ýalkym saçdy,

Saňa Ýehowanyň şöhraty indi+.

 2 Ýer ýüzüni garaňkylyk,

Milletleri tümlük gaplasa-da,

Ýehowanyň nury saňa ýalkym saçar,

Şöhraty üstüňe iner.

 3 Patyşalar+ şan-şöhratyňy görüp+,

Halklar nuruňa geler+.

 4 Başyňy galdyr, daş-töweregiňe seret!

Olar jem bolup, ýanyňa üýşerler.

Ogullaryň alyslardan gelerler+,

Gyzlaryňy gujagynda göterip getirerler+.

 5 Muny görüp begenersiň+,

Ýüregiň şatlykdan ýaňa gürsüldäp urar.

Deňziň baýlygy,

Milletleriň mal-mülki saňa berler+.

 6 Midýan we Eýpah+ düýeleri,

Kerwen gurap ýurduňa geler.

Şebanyň halky saňa altyn,

Ladan* getirer.

Olar Ýehowany wasp eder+.

 7 Kedaryň+ ähli goýun-geçileri,

Nebaýotyň+ goçlary saňa getiriler*.

Olary gurbanlyk bererler,

Menem kabul ederin+,

Şöhratly öýümi bezärin+.

 8 Bulut kimin süýşüp gelýänler kim?

Kepderi deý höwürtgesine* uçup gelýänler kim?

 9 Adalar maňa umyt baglar+.

Tarşyşyň gämileri ilkinji geler,

Ogullaryňy uzaklardan+,

Altyn-kümüş bilen alyp gelerler.

Hudaýyňyz Ýehowanyň adyny arşa galdyrarlar,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyny şan-şöhrata beslärler.

Men seni şöhratlandyraryn+.

10 Milletler diwarlaryňy gurarlar,

Patyşalar huzuryňda hyzmat ederler+.

Men gahar bilen jeza berenem bolsam,

Saňa haýpym gelip, rehim ederin+.

11 Derwezeleriň hemişe açyk bolar+,

Gije-de, gündiz-de ýapylmaz.

Halklar baýlygyny saňa getirer,

Patyşalar olaryň öňüni çeker+.

12 Saňa hyzmat etmedik halklar gyrlar,

Milletler, patyşalyklar ýok ediler+.

13 Liwany dünýä tanadan

Arça, toraňňy, serwi agaçlaryny saňa getirerler+.

Olar ybadathanany bezär.

Men aýak basan ýerimi şöhratlandyraryn+.

14 Seni ezenleriň ogullary aýagyňa ýykylar,

Seni kemsidenler öňüňde dyza çöker.

Olar saňa Ýehowanyň şäheri,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň Siony diýerler+.

15 Men senden ýüz öwürdim,

Adamlar seni ýigrendi, gapyňa gelen bolmady+.

Indi bolsa saňa guwanarlar,

Nesilden-nesle şatlanarlar+.

16 Çagasyny emdirýän ene ýaly+,

Milletler-de, patyşalar-da seniň aladaňy eder*+.

Şonda sen meniň Ýehowadygymy, Penakäriňdigimi,

Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy,

Halasgäridigimi* bilersiň+.

17 Mise derek altyn,

Demre derek kümüş,

Agaja derek mis,

Daşa derek demir bererin.

Parahatlyk serdaryň,

Dogruçyllyk baştutanyň bolar+.

18 Ýurduňda zorluk-sütem bolmaz,

Topragyňda weýrançylyk we heläkçilik sesi eşidilmez+.

Diwarlaryňa „Gutulyş“+,

Derwezeleriňe „Alkyş“ diýip at goýarsyň.

19 Saňa gündizine Günüň şöhlesi,

Gijesine Aýyň ýagtylygy gerek bolmaz.

Sebäbi Ýehowanyň nury ebedilik şöhle saçar+,

Hudaý seniň görküňe görk goşar+.

20 Indi seniň Günüň batmaz,

Aýyň ýüzi tutulmaz.

Sebäbi Ýehowanyň nury ebedilik şöhle saçar+,

Ýas günleriň tamamlanar+.

21 Seniň halkyň dogruçyl bolar,

Ýurdunda ebedi ýaşar.

Olar eken nahalymdyr, ellerimiň işidir+,

Olar meni şöhratlandyrar+.

22 Az adamdan müň adam,

Ejizden güýçli halk dörär.

Men, Ýehowa muny öz wagtynda tizleşdirerin».

61 Maňa Älemiň Hökümdary Ýehowanyň ruhy indi+,

Ýehowa maňa ýumşaklara hoş habary aýtmagy tabşyrdy*+.

Hasrat çekýänlere göwünlik bermäge,

Ýesirlere azat boljagyny,

Tussaglara gözüniň açyljagyny aýtmaga iberdi+.

 2 Ol meni Ýehowanyň rehimdarlyk ýylyny,

Allanyň ar aljak gününi yglan etmäge+,

Ýas tutýanlara göwünlik bermäge iberdi+.

 3 Sionyň ýasyny tutýanlaryň üstünden külüni kakyp,

Başyna ýaglyk dakmaga,

Gözýaşlaryny süpürip, şatlanmaklary üçin ýag bermäge,

Gam-gussalaryny unutdyryp,

Alkyş donuny geýdirmäge iberdi.

Olara dogruçyllyk agajy diýerler,

Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ekilen agaç diýerler+.

 4 Olar haraba öwrülen galalary,

Weýran bolup ýatan ýerleri dikelder+.

Ýer bilen ýegsan edilen şäherleri+,

Ýyllarboýy boşap ýatan ýurdy dikelder+.

 5 «Keseki adamlar gelip, sürüleriňizi bakar.

Başga milletler+ daýhanlaryňyz, bagbanlaryňyz bolar+.

 6 Size Ýehowanyň ruhanylary+,

Allanyň gullary diýerler.

Siz milletleriň baýlygyna+,

Mal-mülküne* eýe çykyp öwnersiňiz.

 7 Indi siz masgara bolmarsyňyz, iki esse paý alarsyňyz.

Utanja galmarsyňyz, berlen paýa begenersiňiz.

Olar iki esse ýer paýyny alarlar+,

Hemişe şatlanyp gezerler+.

 8 Men Ýehowa, adalaty söýýärin+,

Talaňçylygy, adalatsyzlygy ýigrenýärin+.

Halkyma adalatlylyk bilen sylag bererin,

Olar bilen ebedilik äht baglaşaryn+.

 9 Olaryň nesli milletleriň arasynda+,

Nebereleri halklaryň arasynda tanalar.

Adamlar olary görende,

Ýehowanyň ýalkan halkydygyny bilerler»+.

10 Ýehowanyň işlerine çäksiz begenerin,

Bütin janym bilen Hudaýa alkyş aýdaryn+.

Sebäbi ol gutulyş donuny egnime atdy+.

Başy selleli* öýlenýän ýigit kimin+,

Şaý-sep dakynan gelin kimin,

Adalat lybasyny geýdirdi.

11 Toprakdan gök otlaryň ösüşi deý,

Bag-bakjada nahallaryň gögerişi deý,

Älemiň Hökümdary Ýehowanyň saýasynda,

Ähli halklar halal ýaşarlar+, milletler alkyş aýdarlar+.

62 Sionyň adalaty nur kimin şöhle saçýança+,

Iýerusalimiň gutulyşy alaw kimin ýanýança+,

Sionyň hatyrasyna ümsüm bolmaryn, sessiz oturmaryn+.

 2 «Eý aýal, halklar dogruçyllygyňy+,

Patyşalar şöhratyňy görerler+.

Seni täze adyň bilen+,

Ýehowanyň dakan ady bilen çagyrarlar.

 3 Sen Ýehowanyň elinde owadan täç,

Hudaýyň golunda şanyň sellesi bolarsyň.

 4 Saňa ärinden kowlan aýal+ diýmezler,

Ýurduňa harabaçylyk+ diýmezler.

Indi saňa „Gözümiň guwanjy“+,

Ýurduňa „Ärli aýal“ diýerler.

Sebäbi sen Ýehowanyň guwanjy bolarsyň,

Ýurduň täze gelin kimin bolar.

 5 Ýigidiň gyza öýlenişi deý,

Ogullaryň hem saňa eýe çykar*.

Ýigidiň gelnine bakyp begenişi deý,

Alla hem saňa seredip guwanar+.

 6 Eý Iýerusalim, diwarlaryňda garawullary goýdum,

Goý, olar gije-gündiz dynman gygyrsynlar!

Eý Ýehowany çagyrýanlar,

Dymyp durmaň!*

 7 Hudaý Iýerusalimi dikeldýänçä,

Ýer ýüzünde beýgeldýänçä+, doga-dileg ediň».

 8 Ýehowa sag goluny, güýçli goluny galdyryp ant içýär:

«Indi çöregiňizi duşmanlara bermerin,

Der döküp ýasan täze şerabyňyzy kesekilere içirmerin+.

 9 Üzüm ýygnaýanlar miwesini iýip, Ýehowa alkyş aýdar,

Üzümçiler mukaddes howlularymda şerap içer»+.

10 Çykyň, derwezelerden çykyň!

Halkym üçin ýol taýýarlaň+.

Ýol çekiň, şaýol çekiň!

Daşlardan arassalaň+,

Halklar üçin bellik dikiň+.

11 Ýehowa tutuş ýer ýüzüne buýruk berdi:

«Sion gyzyna aýdyň:

„Tizden halas bolarsyň+.

Ine, Hudaýyň berjek sylagy ýanyndadyr,

Tölegi öňündedir“»+.

12 Olara Ýehowanyň satyn alan mukaddes halky diýerler+,

Iýerusalime «Hudaýyň gözläp tapany»,

«Hudaýyň ýüz öwürmedik şäheri»+ diýerler.

63 Edomdan gelýän kim?+

Dürli* reňkli eşik geýip, Bosradan+ gelýän kim?

Owadan lybas geýen,

Batly gadam basyp gelýän kim?

«Ine men, hakykaty aýtmak üçin,

Gudratly güýjüm bilen halas etmäge gelýärin».

 2 Eşigiň näme üçin gyzyl?

Eşigiň näme üçin üzüm depeleýän adamyňky ýaly gyzyl?+

 3 «Men üzümi ýeke özüm depeledim,

Hiç kim kömek etmedi.

Olary gahar-gazap bilen depeledim+,

Gany eşigime syçrady,

Üst-başym gana boýaldy.

 4 Ar aljak günümi belledim+,

Halkym üçin töleg tölejek ýylym geldi.

 5 Töweregime seretdim, kömek eden bolmady,

Geň galaýmaly, hiç kim ýardam bermedi.

Men öz gahar-gazabym,

Golum bilen ýeňiş gazandym*+.

 6 Gahar bilen halklary depeledim,

Gazap käsämden olara içirdim+.

Halklaryň ganyny ýere dökdüm».

 7 Men Ýehowanyň wepaly söýgüsini,

Ýehowanyň beýik işlerini wasp ederin.

Ýehowanyň eden ýagşy işleri üçin+,

Ysraýyl öýüne beren berekedi üçin,

Rehimdar we söýgüden* doly Hudaýa alkyş aýdaryn.

 8 Alla: «Olar halkym bolar. Maňa dönüklik etmez»+ diýdi.

Şeýdip, ol halkynyň Halasgäri boldy+.

 9 Olar ejir çekende, ol hem ejir çekdi+.

Habarçysyny* iberip, olary halas etdi+.

Rehimdar we söýgüden doly Hudaý, olar üçin töleg töledi+,

Gadymy döwürden bäri elinde göterip geldi+.

10 Ýöne halk gozgalaň turuzdy+,

Onuň mukaddes ruhuna garşy çykdy*+.

Olar Hudaýyň duşmany boldy+,

Alla olar bilen söweşdi+.

11 Olar gadymy günleri,

Musa pygamberiň döwrüni ýatlap diýdiler:

«Çopanlary+ bilen halky deňizden geçiren Alla nirede?+

Olara* mukaddes ruhuny beren Hudaý nirede?+

12 Güýçli goly bilen Musanyň sag elinden berk tutan+,

Adynyň ebedi galmagy üçin+,

Halkynyň öňünde deňzi ikä bölen Alla nirede?+

13 Möwç urýan deňizden halkyny geçiren Hudaý nirede?

Olar deňziň içinde büdremän,

Giň sährada çapýan at kimin geçip gitdiler.

14 Mallaryň jülgä inip dynç alşy ýaly,

Ýehowanyň ruhy-da olara rahatlyk berdi»+.

Adyňy şöhratlandyrmak üçin+,

Halkyňa gudrat bilen ýol görkezdiň.

15 Mukaddes, şöhratly tagtyňdan,

Beýik asmandan ýere seret.

Hany seniň yhlasyň? Hany seniň güýjüň?

Bize näme üçin haýpyň gelmeýär?+

Bize näme üçin rehim etmeýärsiň?+

Näme üçin dadymyza ýetişmeýärsiň?

16 Sen biziň Atamyz+.

Ybraýym bizi tanamasa-da,

Ysraýyl bizi bilmese-de,

Ýehowa, sen biziň Atamyz.

Gadymy günlerden bäri biziň Halasgärimiz*+.

17 Biz seniň ýoluňdan sowuldyk,

Ýüregimiz gatap, senden gorkmadyk.

Eý Ýehowa, muňa näme üçin ýol berdiň?+

Gullaryň hatyrasyna,

Miras alan halkyň hatyrasyna rehim et+.

18 Mukaddes halkyň ýurtda az wagtlyk ýaşady,

Duşmanlarymyz ybadathanaňy depeledi+.

19 Biz uzak wagtlap kanunyňy bilmeýän halklar* ýaly,

Adyňy götermedik milletler ýaly ýaşadyk.

64 Asmany böwsüp, aşak insediň,

Daglar öňüňde titrärdi.

 2 Çöp-çalamy ýakýan,

Suwy gaýnadýan ot kimin aşak insediň,

Şonda milletler öňüňde sandyrar,

Duşmanlaryň adyňy biler.

 3 Sen akylymyza gelmejek täsin işleri etdiň+,

Aşak indiň, daglar öňüňde titredi+.

 4 Sabyrly garaşýanlary halas edýärsiň,

Senden başga Hudaý ýokdur.

Gadymy günlerden bäri

Seniň ýaly Hudaýy gören-eşiden ýokdur+.

 5 Sen dogry işleri höwes bilen edýänleri+,

Seni unutmaýanlary, ýollaryňdan ýöreýänleri

Gujak açyp garşylaýarsyň.

Biz ýyllarboýy günä edip,

Seniň gaharyňy getirdik+.

Indi biz nädip halas bolarys?

 6 Ählimiz haram adam ýaly bolduk.

Eden dogry işlerimiz

Aýbaşysy gelen aýalyň esgisi ýaly boldy+.

Indi ählimiz ýaprak kimin saralyp solarys,

Günälerimiz sebäpli ýele sowrularys.

 7 Hiç kim seniň adyňy tutup çagyrmaýar,

Saňa berk ýapyşmak üçin jan etmeýär.

Sen bizden ýüz öwürdiň+,

Günälerimiz sebäpli gurap gitdik.

 8 Ýehowa, sen biziň Atamyz!+

Biz toýun, sen Küýzegärimiz*+,

Ählimiz seniň elleriň işidiris.

 9 Ýehowa, gahar-gazaba münme+,

Günälerimizi ýatlap durma.

Ýalbarýarys, bize nazar sal, biz seniň halkyňdyrys.

10 Mukaddes şäherleriň çöle döndi,

Sion takrap ýatan ýere döndi.

Iýerusalim haraba öwrüldi+.

11 Ata-babalarymyzyň saňa alkyş aýdan öýüni,

Mukaddes we şöhratly* ybadathanany otladylar+.

Biziň eziz görýän zatlarymyz haraba bolup ýatyr.

12 Ýehowa, şu zatlary görübem kömek etmersiňmi?

Ejir çekmegimize ýol berip, ümsüm oturarsyňmy?+

65 «Meni tanamaýanlara özümi tanatdym,

Meni agtarmaýanlara özümi äşgär etdim+.

Adymy tutup çagyrmaýan halka: „Ine men, bärde!“ diýdim+.

 2 Erbet ýollardan ýöreýänlere+,

Öz pikirine daýanýanlara+,

Kesir halka uzakly gün elimi uzatdym+.

 3 Olar bag-bakjalarda gurbanlyk berip,

Kerpiçleriň üstünde gurbanlyk ýakyp+,

Utanman* meni kemsitdiler+.

 4 Olar mazarlaryň arasynda oturýarlar+,

Gijesini gizlin ýerlerde* geçirýärler,

Doňzuň etini iýýärler+,

Gazanda haram zatlary gaýnadýarlar+.

 5 Olar: „Daşda duruň, golaýyma gelmäň!

Men sizden päkdirin*“ diýýärler.

Olar uzakly gün ýanýan ot kimin,

Meniň gaharymy tutaşdyrýar*.

 6 Ählisi öňümde ýazylgy dur.

Men dymyp oturmaryn,

Edenlerine görä almytyny bererin+,

Doly jezasyny bererin».

 7 Ýehowa şeýle diýýär: «Olaryň günäleri, ata-babalarynyň günäleri üçin şeýle ederin+.

Daglarda gurbanlyk ýakandygy üçin,

Depelerde meni masgara edendigi üçin+,

Ähli zatdan öňürti olaryň almytyny bererin».

 8 Ýehowa şeýle diýýär:

«Bir salkym üzümden täze şerap ýasajak bolsalar,

Kimdir biri: „Üzümi mynjyratma,

Arasynda gowusy* bar“ diýýär.

Edil şonuň ýaly, men hem gullarymyň hatyrasyna,

Olaryň ählisini ýok etmerin+.

 9 Men Ýakubyň nesline,

Ýahudanyň ogullaryna daglarymy miras bererin+.

Meniň saýlanlarym oňa eýe çykar,

Gullarym ol ýerde ýaşar+.

10 Meni agtarýan halkym üçin

Şarony+ goýunlaryň öri meýdanyna,

Akor+ düzlügini sygyrlaryň ýatagyna öwrerin.

11 Eý Ýehowany taşlap gidenler!+

Siz mukaddes dagymy unutdyňyz+,

Şowlulyk taňrysy üçin saçak ýazdyňyz,

Ykbal taňrysy üçin bulguryňyzy şerapdan doldurdyňyz.

12 Indi men sizi gylyja tabşyraryn+,

Ähliňiz jelladyň öňünde başyňyzy goýarsyňyz+.

Sebäbi çagyranymda jogap bermediňiz,

Sözümi diňlemediňiz+.

Meniň ýigrenýän işlerimi etdiňiz+,

Halamaýan zatlaryma göwün berdiňiz».

13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:

«Gullarym iýip doýarlar, siz bolsa aç galarsyňyz+.

Gullarym içerler+, siz bolsa suwsarsyňyz.

Gullarym şatlanarlar+,

Siz bolsa masgara bolarsyňyz+.

14 Gullarym ýürekden şatlanarlar, joşup aýdym aýdarlar,

Siz bolsa ýürek derdinden ýaňa aglarsyňyz,

Ruhdan düşüp perýat edersiňiz.

15 Saýlanlarym siziň adyňyzy gargyş edip aýdarlar,

Älemiň Hökümdary Ýehowa ähliňizi ölüme höküm eder,

Gullaryna bolsa başga at berer+.

16 Ýer ýüzünde özüne bereket dilän her kes,

Hakykatyň* Hudaýyndan bereket alar.

Ýer ýüzünde ant içen her kes,

Hakykatyň* Hudaýyndan ant içer+.

Öňki gaýgy-aladalar unudylar,

Gözümiň öňünden ýok bolar+.

17 Ine, men täze gökleri, täze ýeri ýaradýaryn+,

Öňki zatlar ýada düşmez,

Sizi gama batyrmaz+.

18 Ýaratjak zatlarymy görüp, ebedilik şatlanyň.

Men Iýerusalimi begenmekleri üçin,

Halkyny guwanmaklary üçin ýaradýaryn+.

19 Iýerusalimi we halkymy görüp şatlanaryn+,

Indi agy we hasrat sesi eşidilmez»+.

20 «Doglanyna birki gün bolan bäbekler ölmez,

Garrylar hem biwagt aradan çykmaz.

Ýüz ýaşap ölene ýaş diýerler.

Günäkär ýüz ýaşasa-da näletlener*.

21 Adamlar jaý gurup, onda ýaşarlar+,

Üzüm baglaryny ekip, miwesini iýerler+.

22 Olaryň guran jaýlarynda başgalar ýaşamaz,

Olaryň ýetişdiren hasylyny başgalar iýmez.

Halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar+,

Saýlanlarym çeken zähmetiniň hözirini görer.

23 Olar biderek ýere zähmet çekmezler+,

Çagalaryny görgi görmek üçin dünýä indermezler.

Sebäbi olaryň özleri-de, çagalary-da

Ýehowanyň ýalkan nesli bolar+.

24 Heniz çagyrmankalar jogap bererin,

Sözüni soňlamanka eşiderin.

25 Möjek guzy bilen otlar,

Ýolbars öküz deý saman iýer+,

Ýylan gum iýer.

Olar mukaddes dagymda hiç kime zyýan ýetirmez,

Hiç zady weýran etmez»+. Muny Ýehowa aýdýar.

66 Ýehowa şeýle diýýär:

«Gökler meniň tagtym, ýer basgançagym+.

Siz maňa nireden jaý salyp bilersiňiz?+

Öýüm nirede bolar?»+

 2 Ýehowa şeýle diýýär: «Ähli zady elim bilen ýaratdym,

Olary men döretdim+.

Pesgöwünli, ruhdan düşen,

Sözümden gorkýan adama nazar salaryn+.

 3 Öküz soýýanlar adam öldürýän ýalydyr+,

Goýny gurbanlyk berýänler

Itiň boýnuny omurýan ýalydyr+.

Sadaka berýänler doňzuň ganyny hödürleýän ýalydyr+.

Ladan*+ getirýänler

Jadyly söz bilen alkyş* aýdýan ýalydyr+.

Olar ýörejek ýollaryny saýladylar,

Ýigrenji işleri edip, keýp aldylar.

 4 Menem olara berjek temmimi saýlaryn+,

Gorkýan zadyny başlaryna indererin.

Sebäbi men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi,

Men geplänimde, hiç kim diňlemedi+.

Olar meniň ýigrenýän işlerimi etdiler,

Halamaýan zatlaryma göwün berdiler»+.

 5 Ýehowanyň sözünden gorkýanlar! Hudaýyň sözüni eşidiň:

«Meniň adym üçin doganlaryňyz sizi ýigrenip, kowdular,

Soňra bolsa: „Ýehowa şöhrat!“+ diýdiler.

Emma Hudaý size kömege ýetişer, sizi şatlandyrar,

Olary bolsa masgara eder»+.

 6 Şäherden gykylyk, ybadathanadan goh-galmagal eşidilýär,

Sebäbi Ýehowa duşmanlarynyň almytyny berýär.

 7 Aýalyň burgusy tutmanka çagasy boldy+,

Sanjysy tutmanka ogly dünýä indi.

 8 Şeýle zady eşiden barmy?

Şeýle zady gören barmy?

Bir günde ýurt dörärmi?

Bir demde millet dogularmy?

Sionyň burgusy tutan badyna ogullary dünýä indi.

 9 «Men aý-gününi doldurybam, dogurtman goýarynmy?»

Muny Ýehowa aýdýar.

«Sanjysyny tutdurybam, ýatgysyny baglarynmy?»

Muny Hudaý aýdýar.

10 Iýerusalimi söýýänler+, onuň bilen şatlanyň, begeniň+.

Iýerusalimiň ýasyny tutanlar, onuň bilen şatlanyň.

11 Çaganyň ejesini emip, rahatlanyşy ýaly,

Sizem Iýerusalimi görüp, göwünlik taparsyňyz,

Ondan ganyp, şan-şöhratyna begenersiňiz.

12 Ýehowa şeýle diýýär:

«Onuň parahatlygy derýa kimin+,

Milletleriň şan-şöhraty sil kimin akar+.

Ol sizi emdirer, elinde göterer,

Aýagynda yralar.

13 Ejesiniň ogluny köşeşdirişi ýaly,

Menem size göwünlik bererin+.

Iýerusalimi görüp, kalbyňyz rahatlyk tapar+.

14 Şonda şatlanarsyňyz,

Süňkleriňiz güýç-kuwwatdan dolar*.

Ýehowa gullaryna gudratly goluny görkezer,

Duşmanlaryny bolsa höküm eder»+.

15 «Ýehowa alaw kimin geler+,

Arabalary tüweleý kimin geler+.

Gazaba münüp ar alar,

Gahar ody bilen jeza berer*+.

16 Ýehowa ot bilen höküm eder,

Adamlara garşy gylyjyny galdyrar,

Köpler Ýehowanyň elinden öler.

17 Olar tämizlenip we taýýarlyk görüp, ýalan taňra sežde etmek üçin* keramatly baga+ barýarlar. Doňzy+, syçany+ we haram zatlary iýýärler. Olaryň hemmesi ýok bolar». Muny Ýehowa aýdýar. 18 «Sebäbi men olaryň edýän işlerini, oý-pikirlerini bilýärin. Men milletleri we dilleri bir ýere jemlärin. Olar hem meniň şöhratymy görerler».

19 «Men olaryň arasynda bir bellik dikerin. Aman galanlaryň käbirini ýaýçylaryň ýurduna: Tarşyşa+, Puwala, Luda+ ibererin. Olary Tubala, Ýawana+ we uzak adalara ýollaryn. Ol milletler men hakda eşitmändiler, şöhratymy görmändiler. Aman galanlar olara şöhratym hakda gürrüň bererler+. 20 Ysraýyl halkynyň Ýehowanyň öýüne arassa gap-gaçlarda sadaka getirişi ýaly, olar hem doganlaryňyzy atlarda, arabalarda, paýtunlarda, gatyrlarda we ýüwrük düýelerde başga milletleriň arasyndan alyp gelerler+. Olary mukaddes dagyma, Iýerusalime getirip, Ýehowa sadaka bererler». Muny Ýehowa aýdýar.

21 «Olaryň käbirini ruhany we lewi edip bellärin». Muny Ýehowa aýdýar.

22 Ýehowa şeýle diýýär: «Meniň ýaradan täze göklerim we täze ýerim+ huzurymda ebedi durar. Şonuň ýaly siziň nesliňiz-de, adyňyz-da baky galar+.

23 Her Täze aý baýramynda, her Sabat gününde,

Adamlar huzuryma gelip tagzym ederler»+.

Muny Ýehowa aýdýar.

24 «Olar çykyp, maňa garşy gozgalaň turzan adamlaryň jesetlerini görerler.

Jesetleriň gurçuklary ölmez,

Olary ýakýan ot sönmez+.

Ähli halklar olary ýigrener».

Manysy: Ýehowa Halasgär.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: öz hojaýynyny.

Ýagny bugdaýdan ýasalan piwo.

Sözme-söz: aşgar bilen.

Sözme-söz: ýüp.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Dünýäniň soňunda.

Syçana meňzeş süýdemdiriji jandar.

Ýa-da: lukmanyňyz bolmaryn.

Sözme-söz: Eden işleriniň hasylyny iýerler.

Sözme-söz: Ezilenleriň ýüzüni owratmaga.

Ýa-da: balykgulak şekilli gözmonjuklaryny.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: içki eşiklerini.

Sözlüge serediň.

Gyz durmuşa çykmasa we gelniň çagasy bolmasa masgaraçylyk hasaplanýardy.

Ýa-da: şöhratly.

Sözme-söz: nejasatdan.

Sözme-söz: On jübüt. Ýagny on jübüt öküziň bir günde sürýän ýeri.

Goşmaça maglumata serediň: B14.

Goşmaça maglumata serediň: B14.

Goşmaça maglumata serediň: B14.

Arfanyň bir görnüşi.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: meni dymdyrarlar.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: gysgyç.

Sözme-söz: tohum; şaha.

Başga manysy: ol.

Manysy: Diňe aman galanlar dolanar.

Ýa-da: ýabyna.

Başga manysy: gorkuzalyň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: durmuşa çykmadyk.

Manysy: Hudaý biziň bilendir.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Sözme-söz: başy ölümli ynsanyň galamy.

Olja almaga howlugyň; talamaga okdurylyň diýmegi aňladýan bolmaly.

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Işa 7:14-e serediň.

Ýa-da: Biliňizi guşaberiň.

Ýewreýçe «Emanuwel». Işa 7:14; 8:8-e serediň.

Ýa-da: mukaddes mekan.

Ýa-da: Resminamany.

Ýa-da: Jürküldeşýän.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: resminama.

Ýa-da: yhlas.

Ýagny Efraýyma.

Sözme-söz: Arkasyndan.

Başga manysy: Palma şahasyny-da, gargysyny-da.

Ýa-da: Şöhratyňyzy.

Ýagny assiriýalynyň.

Ysraýyl patyşalaryny bellemek üçin ulanylýan ýag ýa-da alaw ýakmak üçin ulanylýan ýag göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa-da: Ýehowadan gorkar.

Sözme-söz: taýagy.

Sözme-söz: ýeri.

Ýa-da: ruhy.

Ýa-da: az wagtlyk ýaşar.

Sözme-söz: semiz; bordaky mal.

Başga manysy: Ýolbars bilen göle bile otlar.

Ýa-da: saman.

Ýagny Efiopiýadan.

Ýagny Wawiloniýadan.

Ýa-da: gerşine gonar.

Sözme-söz: dilini.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Ýa-da: ruhy.

Başga manysy: ony ýedi çeşmä böler.

«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: mukaddes eden.

Sözme-söz: Kesilleri. Belki, Üç Ýyldyz we töweregindäki ýyldyz toparlary.

Başga manysy: Geçä meňzeş jynlar.

Ýa-da: halkyna dynçlyk berer.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: tekelerini.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: jaýynda.

Sözme-söz: Ýigrenji.

Ýa-da: jeza berjek.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: tomus.

Başga manysy: duşman sesi eşidildi.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Ýat taňrynyň.

Ýa-da: bellik; ýol belgisi.

Başga manysy: mekanymdan.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Memfisiň.

Başga manysy: Palma şahasy-da, gargysy-da.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: tartany.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: syrty.

Gadymy Wawiloniýa göz öňünde tutulýan bolmaly.

Sözlüge serediň.

Wawilon göz öňünde tutulýan bolmaly.

Manysy: Dym-dyrslyk.

Iýerusalim göz öňünde tutulýan bolmaly.

Bu şahyrana jümle duýgudaşlygy görkezýän bolmaly.

Ýa-da: Ýaradyjyny.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Köşk dolandyryjy.

Sözme-söz: jaý.

Ýa-da: şöhrat tagtyny.

Sözme-söz: ýüki.

Ýagny Nil derýasynyň şahasy.

Başga manysy: duralgalary.

Belki, Tir.

Başga manysy: gurap.

Ýa-da: Gadymy.

Başga manysy: guraýar.

Ýa-da: Günbatarda.

Ýa-da: gündogarda.

Ýa-da: Köp wagt duran.

Ýa-da: Ýilikli.

Sözme-söz: ýuwudar.

«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Gabanjaňlyk.

Başga manysy: Otlaryň (mamamçöregiň).

Ýa-da: dünýä inderer.

Ýa-da: Hökümim berjaý bolýança.

Ýewreýçe «liwýatan». Sözlüge serediň.

Ysraýyl göz öňünde tutulýan bolmaly; ol üzüm bagyna deňelýär.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ulumsy; tekepbir.

Paýtagt şäher Samariýa göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: ulumsy; tekepbir.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Ölçeg ýüpüniň üstüne ölçeg ýüpi, ölçeg ýüpüniň üstüne ölçeg ýüpi.

Sözme-söz: sakawlap.

Ýa-da: Ölçeg ýüpüniň üstüne ölçeg ýüpi, ölçeg ýüpüniň üstüne ölçeg ýüpi.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: görnüş gördük.

Sözlüge serediň: Düýp daşy.

Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, kiriş.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Olar düşünse gorkar.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Niýetleri.

Belki, Hudaýyň gurbanlyk ojagy. Iýerusalim göz öňünde tutulýan bolmaly.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: käýinç berýäne.

Ýa-da: Boş delilleri getirip.

Ýagny utançdan we lapykeçlikden.

Sözme-söz: şerap sadakasyny getirýärler. Ylalaşyk baglaşmagy aňladýan bolmaly.

Ýa-da: çalasyn we zäherli ýylanyň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: tagtanyň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: howuzdan.

Ýa-da: sabyrsyzlyk bilen garaşýanlaryň.

Başga manysy: olary haram hasaplap.

Sözme-söz: Ruhy.

Sözme-söz: dereksizleriň.

Sözme-söz: Topet.

Ýa-da: atlylaryna.

Ýa-da: gaçybatalga; buky.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: golumyz.

Başga manysy: Hudaýyň berýän.

Ýa-da: gutulyş.

Başga manysy: gurap.

Sözme-söz: sakawlap.

Ýa-da: daglara siňer.

Edomyň paýtagty Bosra göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa-da: şepbige.

Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, kiriş.

Başga manysy: Geçä meňzeş jyn.

Sözme-söz: ruhy.

Ýa-da: şafran.

Sözme-söz: töleg tölenip alnanlar.

Ýa-da: rabşagy. Baş şerapça şeýle diýilýärdi.

Ýa-da: ýabyna.

Ýa-da: köşk dolandyryjy.

Ýa-da: patyşanyň ýazgylaryny ýöredýän emeldar.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: siriýa.

Ýa-da: köşk dolandyryjy.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: köşk dolandyryjy.

Sözme-söz: käýinç eşitdik.

Ýa-da: rabşagy. Baş şerapça şeýle diýilýärdi.

Ýa-da: maslahatçylary; ynamdar hyzmatkärleri.

Başga manysy: arasynda.

Sözme-söz: oturýan, girip-çykýan wagtyňy.

Ýa-da: yhlas.

Basgançaklar kölegäniň ugruna görä wagty kesgitlemek üçin ulanylýardy. Gün sagady ýaly bolmaly.

Sözlüge serediň.

«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.

Ýa-da: Ähli zadyň tamamlanýan ýerine.

Başga manysy: durna.

Ýa-da: iki esse.

Ýa-da: ruhundan.

Goşmaça maglumata serediň: B14.

Başga manysy: ruhuna akyl ýetirdi?

Ýa-da: Hökümdarlary.

Sözme-söz: gögüň goşunlaryna.

Ýagny gulluk etmäge.

Demir ýassyk. Ussalar onuň üstünde metallary ýençýärler.

Sözme-söz: töleg tölän.

Ýa-da: Sosna.

Ýa-da: nazboýgül.

Sözme-söz: Ilkinji.

Ýa-da: salgymdyr!

Ýa-da: yglan eder.

Ýa-da: yglan eder.

Ýa-da: görkezmesine; tabşyrygyna; öwüt-nesihatyna.

Ýa-da: hiç kim bilen paýlaşmaryn.

Sözme-söz: adalara.

Ilkinji ýerine ýetmeli pygamberlikler göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Ýagny Adam ata.

Kanuny öwredýän mugallymlar göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa-da: haram.

Manysy: Halal; dogry. Ysraýylyň hormatly ady.

Ýa-da: gurak topragy.

Sözme-söz: Töleg tölän.

Ýa-da: sirkul.

Ýa-da: buthana.

Sözme-söz: alamatlaryny.

Sözme-söz: Patyşalaryň guşagyny çözer.

Ýa-da: biliňi berk guşaryn.

Başga manysy: Toýun: «Ýasan zadyň gulpy ýok» diýermi?

Sözme-söz: Gögüň goşunlaryna.

Başga manysy: işçileri.

Başga manysy: täjirleri.

Başga manysy: boş durmagy üçin.

Ýagny haýwanlara ýüklenen butlary.

Sözme-söz: Ilkinji zatlary.

Ýa-da: Permanym.

Ýa-da: permanymy.

Sözme-söz: Güýçli.

Başga manysy: Men hiç kimi güler ýüz bilen garşy almaryn.

Başga manysy: bardygyna garamazdan.

Başga manysy: Asmany böleklere bölýänler; müneçjimler.

Sözme-söz: öz welaýatyna.

Sözme-söz: suwlaryndan.

Sözme-söz: hakykatda.

Sözme-söz: Ilkinji.

Başga manysy: saýladym.

Ýa-da: hiç kim bilen paýlaşmaryn.

Sözme-söz: Olaryň.

Ýagny Kiri.

Sözme-söz: Töleg tölän.

Ýa-da: gowy.

Sözme-söz: agzymy.

Başga manysy: Takrap ýatan depeleriň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Güýçden gaçanlary ruhlandyrmak.

Sözme-söz: ýerlerine teselli berer.

Ýa-da: Görkezmämi.

Başga manysy: Gurçuk.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ýeňşini.

Başga manysy: eşiden.

Hudaýy ýa-da adamy aňladyp biler.

Ýa-da: nesil daragtyny; ýaşaýşyny.

Ýa-da: çekendigine begendi.

Ýa-da: islegi.

Sözme-söz: äriňdir.

Ýa-da: wepaly söýgim.

Diwaryň üstünde gurulýan diş-diş kiçijik sütünjikler.

Ýa-da: ýalana çykararsyň.

Ýa-da: Men olary aklaryn.

Sözme-söz: satyn alyň.

Ýa-da: wepaly söýgime.

Ýa-da: nazboýgül.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: betbagtçylykdan gutulmak üçin.

Sözme-söz: düşekde.

Ýa-da: Gözbagçy.

Sözme-söz: Gapyňyzyň we söýeleriňiziň yzynda.

Butparazlyk göz öňünde tutulýan bolmaly.

Başga manysy: Patyşanyň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Janymyza ezýet bersek-de.

Sözlüge serediň.

Ýaňsylamagy ýa-da töhmet atmagy aňladýan bolmaly.

Sözme-söz: Janyňyzyň küýsän zadyny.

Sözme-söz: Jaýrylan.

Sözme-söz: iýdirerin.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: Dogruçyllygy.

Ýa-da: Ýeňşi.

Sözme-söz: Töleg tölän.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: hyzmat eder.

Sözme-söz: ketegine.

Ýa-da: Sen milletleriň süýdüni içersiň, patyşalary emersiň.

Sözme-söz: Töleg töländigimi.

Sözme-söz: ýag guýup belledi.

Sözme-söz: Şöhratyna.

Sözme-söz: ruhanynyňky ýaly selleli.

Sözme-söz: öýlener.

Ýa-da: Boş oturmaň!

Başga manysy: Gyrmyzy.

Ýa-da: halas etdim.

Ýa-da: wepaly söýgüden.

Ýa-da: Huzuryndaky perişdesini.

Ýa-da: mukaddes ruhuny gynandyrdy.

Sözme-söz: Oňa.

Sözme-söz: Töleg töleýän Hudaýymyz.

Ýa-da: seniň hökümdarlyk etmedik halklaryň.

Ýa-da: bize şekil berdiň.

Ýa-da: owadan.

Ýa-da: Ýüzüme seredip.

Başga manysy: garawul kepbelerinde.

Başga manysy: Meniň mukaddesligim size geçäýmesin.

Ýa-da: Burnumdan tüsse çykar ýaly edýärler.

Sözme-söz: bereket.

Ýa-da: Wepadarlygyň. Sözme-söz: Omyn.

Ýa-da: Wepadarlygyň. Sözme-söz: Omyn.

Başga manysy: Ýüz ýaşyna ýetmän ölen adama näletli diýerler.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Buta alkyş.

Sözme-söz: ter ot kimin öser.

Sözme-söz: käýär.

Sözme-söz: ortada duranyň arkasyndaky.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş