MUSA PYGAMBERIŇ IKINJI KITABY
1 Ýakubyň, ýagny Ysraýylyň ogullary maşgalasy+ bilen Müsüre gelipdi. Ysraýylyň ogullary şulardyr: 2 Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda+, 3 Ysahar, Zebulun, Benýamin, 4 Dan, Naftaly, Gad we Aşer+. 5 Ýakubyň ogullary we agtyk-çowluklary jemi 70 sanydy. Ýusup bolsa Müsürdedi+. 6 Aý aýlanyp, ýyllar geçdi. Ýusup+ bilen doganlary we şol döwürde ýaşanlar* aradan çykdy. 7 Ysraýyllaryň sany artyp, barha güýçlenýärdi. Olar köpelip, tutuş ýurdy eýelediler+.
8 Birnäçe wagtdan Müsürde başga biri patyşa boldy. Ol Ýusuby tanamaýardy. 9 Ol halkyna: «Görýäňizmi, ysraýyllar köpelip, bizden hem güýçli bolup barýar!+ 10 Bir çäre görmesek bolmaz, ýogsam has köpelip giderler. Birden uruş turaýsa, duşmanlara goşulyp, bize garşy aýaga galarlar-da, ýurtdan çykyp giderler» diýdi.
11 Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary ezmek üçin, üstlerinden gözegçi goýup, agyr işde işletdiler+. Olara faraon üçin Pitom we Ramses+ diýen ammarly şäherleri gurdurdylar. 12 Ýöne ysraýyllara näçe sütem etseler, olar şonça-da köpelip, ýaýrap barýardy. Muny gören müsürliler gorkdular+. 13 Şonuň üçin olar ysraýyllary gul edip, öňküdenem beter kösäp başladylar+. 14 Müsürliler olara palçyk gardyryp, kerpiç guýduryp, her dürli agyr işleri etdirip, itiň gününi görkezdiler. Olary gul edip+, rehimsizlik bilen ezdiler.
15 Bir gün Müsür faraony ýewreý göbegeneleri Şipra bilen Puwany çagyryp: 16 «Ýewreý aýallaryna çaga dogurdanyňyzda+, ogul bolsa öldüriň, gyz bolsa degmäň» diýip buýruk berdi. 17 Emma göbegeneler hak Hudaýdan gorkýardy. Şonuň üçin olar Müsür faraonynyň buýrugyny ýerine ýetirmän, oglan bäbekleri diri galdyrdylar+. 18 Müsür faraony olary çagyryp: «Oglan bäbekleri näme üçin öldüreňizok?» diýdi. 19 Şonda olar: «Ýewreý aýallary müsürli aýallar ýaly däl. Olar şeýle bir sagdyn welin, göbegene gelinçä, özleri dogurýar» diýdiler.
20 Şol sebäpli Hudaý göbegeneleri ýalkady. Ysraýyl halky bolsa gitdigiçe köpelip, örän güýçlenýärdi. 21 Göbegeneler hak Hudaýdan gorkýardy. Şonuň üçin Alla olara ogul-gyz berdi. 22 Ahyry faraon tutuş halkyna: «Ýewreýleriň ogul bäbeklerini Nil derýasyna taşlaň, gyzlaryna degmäň» diýip buýruk berdi+.
2 Şol wagtlar lewilerden biri öz taýpasyndan bir gyza öýlenipdi+. 2 Gelin göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol oglunyň enaýyjadygyny görüp, üç aý gizläp saklady+. 3 Çagasyny mundan artyk gizläp bilmejegine gözi ýetende+, gamyşdan* örülen sebedi* aldy-da, içine-daşyna gara şepbik* çaldy. Soňra ogluny sebede salyp, Nil derýasynyň gyrasynda ösýän gamyşlykda goýup gaýtdy. 4 Çaganyň gyz dogany+ bolsa, jigime näme bolarka diýip, uzakdan seredip durdy.
5 Şol wagt faraonyň gyzy Nil derýasyna suwa düşmäge geldi. Kenizleri derýanyň gyrasynda aýlanyp ýördi. Faraonyň gyzy gamyşlaryň arasynda duran sebedi gördi-de, hyzmatkär gyza ony getirtdi+. 6 Açyp görse, sebetde bäbek aglap ýatyr. Şa gyzy: «Wiý, ýewreý çagasy» diýdi, emma onuň bäbege ýüregi awady. 7 Çaganyň gyz dogany: «Bäbegi emdirip, sereder ýaly, ýewreý aýallaryň birini çagyraýynmy?» diýdi. 8 Faraonyň gyzy: «Bar, çagyr!» diýdi. Gyzjagaz gidip, ejesini alyp geldi+. 9 Şa gyzy oňa: «Şu çagany emdirip, seredip ber, hakyňy tölärin» diýdi. Ol hem çagany äkidip, emdirip ulaltdy. 10 Çaga ullakanja bolanda, ejesi ony faraonyň gyzynyň ýanyna eltdi. Şeýdip, çaga şa gyzynyň ogly boldy+. Faraonyň gyzy: «Men muny suwdan çykardym» diýip, adyna Musa* dakdy+.
11 Aý aýlanyp, ýyllar geçdi. Musa uly* adam bolup ýetişdi. Bir gün ol ýewreý doganlarynyň ýanyna baryp, olaryň agyr işden kösenýänini gördi+. Şonda Musa bir müsürliniň ýewreýi urup duranyny gördi. 12 Musa eýlesine-beýlesine seredip, golaýda hiç kimiň ýokdugyny bildi-de, ýaňky müsürlini öldürip, jesedini çägä gömdi+.
13 Ertesi Musa ýene ildeşleriniň ýanyna bardy. Görse, iki ýewreý urşup duran eken. Musa nähak ýere dawalaşýana: «Näme üçin doganyňy urýaň?» diýdi+. 14 Ol bolsa: «Kim seni üstümizden han ýa kazy edip goýdy? Ýa müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürjek bolýaňmy?» diýdi+. Şonda Musa içinden: «Müsürlini öldürenimi bilipdirler» diýip gorkdy.
15 Faraon bolan zatlary eşidip, Musany öldürjek boldy. Musa Midýan ýurduna+ gaçyp gitdi. Ol bir guýynyň başynda oturdy. 16 Midýan ruhanysynyň+ ýedi gyzy bardy. Olar kakasynyň mallaryny suwa ýakmak üçin guýudan suw çekip, nowalary doldurmaga geldiler. 17 Emma hemişeki ýaly, çopanlar gelip, olary kowdular. Şonda Musa gyzlaryň arkasyny alyp, mallary suwa ýakdy. 18 Gyzlar öýüne baranda, kakasy Reguwel*+ geň galyp: «Bu gün ir gelipsiňiz-le» diýdi. 19 Olar: «Bir müsürli+ bizi çopanlardan gorady, guýudan suw çekip, mallary suwa ýakdy» diýdiler. 20 Şonda Reguwel: «Hany ol? Näme üçin öýe çagyrmadyňyz? Baryň, çagyryň, çaý-çörek bereliň» diýdi. 21 Şeýdip, Musa ol adamyň öýünde galmaga razy boldy. Reguwel gyzy Sefurany+ Musa berdi. 22 Birnäçe wagtdan Sefura ogul dogurdy. Musa: «Ýat ýurtda sergezdan boldum»+ diýip, oglunyň adyna Gerşom*+ dakdy.
23 Ýyllar geçdi. Müsür faraony aradan çykdy+. Ysraýyllar bolsa gulçulykdan ýadap, dady-perýat edýärdi. Olaryň ahy-nalasy hak Hudaýa baryp ýetdi+. 24 Hudaý olaryň nalyşyny eşidip+, Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen baglaşan ähtini ýadyna saldy+. 25 Ol ysraýyllara nazar salyp, jebir-jepalaryny gördi.
3 Musanyň gaýynatasy Şugaýyp+ Midýanyň ruhanysydy. Musa gaýynatasynyň mallaryny bakýardy. Bir gün ol sürini çölüň içi bilen günbatara äkidip, hak Hudaýyň dagy Horebe bardy+. 2 Şonda ýanyp duran ýandagyň içinde Ýehowanyň perişdesi peýda boldy+. Musa görse, ýandak lowlap ýanyp dur, ýöne ýanyp gutaranok. 3 Ol içinden: «Eý Alla, bu ne gudrat! Ýandak ýanyp gutaranok-la, hany, golaýyna baryp göreýin» diýdi. 4 Ýehowa Musanyň gelýänini görüp, ýandagyň içinden: «Musa, Musa!» diýip seslendi. Ol: «Diňleýärin!» diýdi. 5 Şonda Hudaý: «Bärik golaýlaşma, aýagyňdaky çarygy çykar, mukaddes ýerde dursuň» diýdi.
6 Hudaý sözüni dowam edip: «Men ata-babalaryň* Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy»+ diýdi. Musa hak Hudaýa seretmäge gorkup, ýüzüni ýapdy. 7 Ýehowa bolsa: «Halkymyň Müsürde çekýän jebrini gördüm. Rehimsiz müsürlilerden ýaňa edýän ahy-nalasyny eşitdim. Olaryň ejir çekýänini bilýärin+. 8 Aşak inip*, halkymy müsürlileriň elinden halas ederin+. Olary Müsürden çykaryp, mes toprakly hem giň, süýt bilen bal akýan ýurda+, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň+ ýurduna äkiderin. 9 Ysraýyllaryň ahy-nalasyny eşitdim. Müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýänini gördüm+. 10 Seni faraonyň ýanyna ibereýin, git-de, ysraýyl halkymy Müsürden çykar» diýdi+.
11 Şonda Musa hak Hudaýa: «Faraonyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykarar ýaly, men kimmişim?!» diýdi. 12 Hudaý bolsa: «Men seniň ýanyňda bolaryn+. Halkymy Müsürden çykaryp, maňa* şu dagda+ sežde edersiňiz. Şonda seni meniň iberendigime doly göz ýetirersiň» diýdi.
13 Musa hak Hudaýa: «Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olaram: „Onuň ady näme?“+ diýip sorasalar, näme jogap bereýin?» diýdi. 14 Şonda Hudaý: «Men Kim bolaýyn diýsem, Bolýandyryn*»+ diýdi. Soňra ol: «Ysraýyllara: „Meni ýanyňyza Bolýandyryn iberdi“+ diýip aýt» diýdi. 15 Hudaý Musa ýene bir gezek gaýtalap:
«Ysraýyllara: „Meni ata-babalaryňyzyň Hudaýy, Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy Ýehowa+ iberdi“ diý. Bu meniň ebedi adymdyr+. Nesilden-nesle şu adym bilen tanalaryn. 16 Indi git-de, ysraýyl ýaşulularyny ýygnap: „Ata-babalaryňyzyň Hudaýy, Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy Ýehowa maňa görnüp, şeýle diýdi: „Size nazar salyp+, Müsürde çekýän jebir-jepalaryňyzy gördüm. 17 Sizi müsürlileriň zorluk-süteminden azat edip+, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň+, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň+ ýurduna, süýt bilen bal akýan ýurda+ äkitjekdigime söz berýärin“ diý.
18 Olar saňa hökman gulak asar+. Ysraýyl ýaşululary bilen Müsür faraonynyň ýanyna baryň-da: „Biz bilen ysraýyllaryň*+ Hudaýy Ýehowa gepleşdi. Rugsat berseňiz, üç günlük çöle gidip, Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk berjek bolýarys“+ diýiň. 19 Ýöne mejbur etmeseň, Müsür faraony sizi goýbermez+. 20 Güýçli golum bilen gudrat görkezip, Müsüriň başyna bela-beter indererin. Şonda faraon sizi goýberer+. 21 Müsürlileri size hormat goýar ýaly ederin. Ýurtdan eli boş çykmarsyňyz+. 22 Gelin-gyzlar goňşusyndan we öýünde ýaşaýan aýaldan altyn-kümüş, egin-eşik sorasyn. Olary ogul-gyzlaryňyza geýdirersiňiz. Şeýdip, müsürlileri talap gaýdarsyňyz»+ diýdi.
4 Emma Musa: «Eger olar: „Ýehowa saňa görnen däldir“ diýip, maňa ynanmasalar, sözüme gulak asmasalar näme?»+ diýdi. 2 Şonda Ýehowa: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol: «Hasa» diýip jogap berdi. 3 Hudaý: «Hasaňy ýere taşla» diýdi. Musa hasany ýere taşlan badyna, ol ýylana öwrüldi+. Musa gorkup, yza çekildi. 4 Ýehowa: «Eliňi uzat-da, ýylanyň guýrugyndan tut» diýdi. Musa elini uzadyp, ýylany tutdy welin, ol ýene-de hasa öwrüldi. 5 Şonda Hudaý: «Ine, şu gudraty görkezseň, olar saňa ata-babalaryň Hudaýy, Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy Ýehowanyň+ görnendigine+ ynanarlar» diýdi.
6 Soňra Ýehowa: «Eliňi donuňa sal» diýdi. Musa elini donuna saldy. Elini donundan çykaryp görse, eli pis açyp, gar ýaly çuw ak+ bolupdyr. 7 Hudaý Musa: «Eliňi ýene-de donuňa sal» diýdi. Musa elini donuna salyp çykaranda, eli sagalyp, öňki durkuna geldi. 8 Hudaý: «Eger olar şübhelenip, birinji görkezen gudratyňa ynanmasalar, ikinjisine ynanarlar+. 9 Ýöne ikisine-de ynanman, seni diňlemeseler, Nil derýasyndan suw al-da, ýere dök. Döken suwuň gana öwrüler»+ diýdi.
10 Musa Ýehowa ýüzlenip: «Ýehowa, bagyşla, men dile çeper däl. Guluň öňem şeýledi, häzirem* şeýle. Sakawlap gepleýärin, dilim peltek»+ diýdi. 11 Ýehowa bolsa: «Ynsana dil berýän kim? Lal, ker, kör edýän ýa-da göz berýän men, Ýehowa dälmi? 12 Bar, ýola düş. Geplän wagtyň özüm kömek ederin, aýtmaly zadyňy öwrederin»+ diýdi. 13 Emma Musa: «Ýehowa, ýalbarýaryn, maňa derek başga birini ugradaý» diýdi. 14 Şonda Ýehowanyň Musa gahary gelip: «Lewilerden Harun+ seniň doganyň dälmi? Ol dilewar adam. Şu wagt seni garşylamaga gaýtdy. Seni görüp begener+. 15 Sözlerimi Haruna aýdyp durarsyň+. Men bolsa sizi goldap, diýjek sözleriňizi agzyňyza salaryn+, etmeli-goýmaly zadyňyzy öwrederin. 16 Saňa derek halk bilen Harun gepleşer. Ol seniň wekiliň bolar, sen bolsa oňa Hudaý ýaly bolarsyň+. 17 Hasaňy hem äkit, gudrat görkezersiň»+ diýdi.
18 Musa gaýynatasy Şugaýybyň+ ýanyna baryp: «Rugsat berseň, Müsüre gidip, dogan-garyndaşlarymdan habar tutup gaýdaýyn» diýdi. Ol: «Bolýar, arkaýyn gidiber» diýdi. 19 Musa heniz Midýan ýurdundaka, Ýehowa oňa: «Müsüre gitmäge gorkma, seni öldürjek bolanlar aradan çykdy»+ diýdi.
20 Musa aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, Müsüre ýola düşdi. Hak Hudaýyň tabşyryşy ýaly, hasasyny hem alyp gitdi. 21 Ýehowa Musa: «Müsüre baryp, saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde gudrat görkez+. Emma men faraony doňýürek ederin+, ol halkymy goýbermez+. 22 Faraona: „Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl meniň oglumdyr, nowbaharymdyr+. 23 Oglumy goýber, maňa sežde etsin. Goýbermeseň, öz nowbahar ogluňy heläk ederin“+ diý“» diýip tabşyrdy.
24 Ýolda dynç almak üçin düşlänlerinde, Ýehowa*+ oňa duşup, ony* öldürjek boldy+. 25 Emma Sefura+ çakmakdaşy alyp, ogluny sünnetledi-de, pürçügini onuň* aýagyna degrip*: «Şu gan bilen sen maňa adaglandyň» diýdi. 26 Hudaý hem ony goýberdi. Sefura ogluny sünnetläni üçin*, «gan bilen adaglandyň» diýipdi.
27 Ýehowa Haruna: «Çöle git-de, Musanyň öňünden çyk»+ diýdi. Ol hem gidip, hak Hudaýyň dagynda+ Musa bilen görşüp, ony gujaklap ogşady. 28 Musa Ýehowanyň aýdan zatlaryny+ we görkez diýen gudratlaryny+ Haruna birin-birin gürrüň berdi. 29 Olar gidip, ysraýyl ýaşulularyny ýygnadylar+. 30 Harun olara Ýehowanyň Musa aýdan sözlerini ýekän-ýekän gürrüň berdi. Musa bolsa halkyň öňünde gudratlary görkezdi+. 31 Adamlar Musa ynandylar+. Ýehowanyň ysraýyllara nazar salandygyny+ we çekýän jebir-jepalaryny+ görendigini eşidenlerinde, olar dyza çöküp, tagzym etdiler.
5 Musa bilen Harun faraonyň huzuryna baryp: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Halkymy goýber, çölde meniň üçin baýram etsin“» diýdiler. 2 Emma faraon: «Aýdanyny edip, ysraýyllary goýberer ýaly+, Ýehowa kimmişin?+ Men Ýehowany tanamok, ysraýyllary hem goýberjek däl!»+ diýdi. 3 Olar bolsa: «Biz bilen ysraýyllaryň* Hudaýy gepleşdi. Üç günlük çöle gidip, Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk beräýeli+. Ýogsam ol bizi elhenç kesele uçradar ýa-da duşmanlarymyzyň eline berip, gylyçdan geçirder» diýdiler. 4 Müsür faraony: «Musa, Harun, näme beýdip adamlaryň elini işden sowadýaňyz?+ Baryň, işiňiz bilen boluň!» diýdi. 5 Soňra faraon: «Näme, ýurtdaky birgiden ysraýyllary işden goýup, ýanyňyz bilen äkitjek bolýaňyzmy?» diýdi.
6 Şol gün faraon işçileriň üstünden goýlan ýolbaşçylara we ysraýyl gözegçilerine buýruk berip: 7 «Indiden beýläk halka kerpiç ýasamak üçin saman bermäň+. Samany özleri çöplesin. 8 Kerpiçleri bolsa öňkiňiz ýaly talap ediň, sanyny azaltmaň. Olar mesirgäp başlapdyr*. Şonuň üçin: „Biz gitjek, Hudaýymyza gurbanlyk berjek!“ diýip gygyryşýarlar. 9 Olary eşek ýaly işlediň. Şonda boş sözlere gulak gabartmanjyk geçerler!» diýdi.
10 Ýolbaşçylar we gözegçiler+ ysraýyllaryň ýanyna baryp: «Faraonyň buýrugyny diňläň: „Mundan beýläk size saman berilmez. 11 Gidiň-de, samany özüňiz çöpläň. Nireden tapsaňyz, şondan tapyň. Gündeki edýän işiňiz bolsa birjik-de azaldylmaz“» diýdiler. 12 Şonda adamlar tutuş Müsüre aýlanyp, saman çöplediler. 13 Ýolbaşçylar bolsa: «Gündeki işiňizi öňki ýaly ediň!» diýip, olary gününe goýmaýardylar. 14 Faraonyň bellän ýolbaşçylary ysraýyl gözegçilerini urup+: «Kerpiçler näme üçin az? Günde şol bir ýagdaý!» diýýärdiler.
15 Şonda ysraýyllardan bellenen gözegçiler faraonyň ýanyna baryp: «Hyzmatkärleriňe näme beýle ýowuz daraýaň? 16 Bize saman bermän, kerpiç ýasamagy talap edýärler. Günä öz adamlaryňda bolsa-da, bizi ýençýärler» diýip arz etdiler. 17 Emma faraon: «Siz ýalta! Işden gaçjak bolup+: „Biz gitjek, Ýehowa gurbanlyk berjek!“+ diýen bolýaňyz. 18 Baryň, işiňiz bilen boluň! Size saman berilmez, ýöne ýekeje kerpiç kem bolaýmasyn!» diýdi.
19 «Ýekeje kerpiç kem bolaýmasyn!» diýen buýrugy eşidip, ysraýyl gözegçileri ýagdaýyň has-da kynlaşandygyna düşündiler. 20 Olar faraonyň huzuryndan çykanda, Musa bilen Harun daşarda garaşyp durdy. 21 Gözegçiler olara: «Goý, Ýehowa size jeza bersin! Siz sebäpli faraona-da, hyzmatkärlerine-de ýigrenji bolduk. Näme, bizi öldürtjek bolýaňyzmy?» diýdiler+. 22 Musa Ýehowa ýüzlenip: «Ýehowa, halky ne günlere saldyň? Meni bärik näme üçin iberdiň? 23 Faraonyň huzuryna baryp, seniň adyňdan+ geplänim bäri, ol halky öňküdenem beter ezýär+. Sen bolsa olaryň dadyna ýetişeňok»+ diýdi.
6 Ýehowa Musa: «Indi faraony edişime seret!+ Ol güýjümi görüp, halkymy goýberer, sizi ýurtdan özi kowup çykarar»+ diýdi.
2 Soňra Hudaý: «Men Ýehowa. 3 Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba görnüp, olara özümi Gudratygüýçli Hudaý+ hökmünde tanatsam-da, Ýehowa adymyň+ manysyny açmadym. 4 Olar bilen äht baglaşyp, gelmişek bolup ýaşan Kengan ýurduny berjegimi wada etdim+. 5 Müsürlilere gul bolup ýören ysraýyl halkymyň dady-perýadyny eşidip, ähtimi ýada saldym+.
6 Şonuň üçin ysraýyllara şeýle diý: „Men Ýehowa. Sizi gulçulykdan, müsürlileriň zorluk-süteminden azat ederin+. Olara agyr jezalary berip, sizi kuwwatly golum bilen halas ederin+. 7 Sizi öz halkym edip, Hudaýyňyz bolaryn+. Şonda sizi müsürlileriň elinden Ýehowa Hudaýyňyzyň azat edendigine düşünersiňiz. 8 Sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba ant içip*, wada beren ýurduma äkiderin, şol ýurdy mülk edip bererin+. Men Ýehowa“»+ diýdi.
9 Musa gidip, Hudaýyň habaryny ysraýyllara ýetirdi. Emma agyr zähmetden halys bolan halk ony diňlemedi+.
10 Soňra Ýehowa Musa: 11 «Git-de, Müsür faraonyna aýt, ysraýyllary goýbersin» diýdi. 12 Emma Musa Ýehowa ýüzlenip: «Düzüwli gepläp bilmeýänim+ üçin, ysraýyllar meni diňlänok+. Faraon nädip diňlesin?!» diýdi. 13 Şonda Ýehowa Musa bilen Harunyň faraona we ysraýyllara aýtmaly sözlerini ýene-de gaýtalady, sebäbi olar halky Müsürden çykarmalydy.
14 Ysraýyllaryň tirebaşylary şulardyr: Ysraýylyň uly ogly+ Rubeniň ogullary Hanoh, Palluw, Hesron we Karmi+. Olardan Rubeniň tireleri döredi.
15 Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamin, Ahat, Ýahin, Zohar we kenganlardan alan aýalyndan Şewul+. Olardan Şimgonyň tireleri döredi.
16 Lewiniň+ ogullary: Gerşon, Kohat we Merar+. Olardan tireler döredi. Lewi 137 ýaşynda aradan çykdy.
17 Gerşonyň ogullary: Libni bilen Şimeý. Olardan tireler döredi+.
18 Kohatyň ogullary: Imram, Ýyshar, Hebron we Uzyýel+. Kohat 133 ýaşynda aradan çykdy.
19 Meraryň ogullary: Mahly bilen Muşe.
Lewiniň ogullaryndan dörän tireleriň nesil daragty+ şeýledir.
20 Imram kakasynyň uýasy Ýokebete öýlendi+. Ýokebet Harun bilen Musany dünýä indirdi+. Imram 137 ýaşynda aradan çykdy.
21 Ýysharyň ogullary: Karun+, Nepek we Zikri.
22 Uzyýeliň ogullary: Mişaýyl, Alsapan+ we Sitri.
23 Harun Aminadabyň gyzy, Nahşonyň+ uýasy Alyşeba öýlendi. Alyşeba Nadaby, Abyhuwy, Algazary we Ytamary+ dünýä indirdi.
24 Karunyň ogullary: Asyr, Alkana we Abyýasap+. Olardan karun tireleri döredi+.
25 Harunyň ogly Algazar+ Putyýeliň gyzyna öýlendi. Ol hem Pinehasy+ dünýä indirdi.
Lewileriň tirebaşylarynyň nesil daragty+ şeýledir.
26 Musa bilen Harun hem şolaryň neslindendi. Ýehowa olara: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykaryň»+ diýipdi. 27 Musa bilen Harun ysraýyllary Müsürden çykarmak üçin Müsür faraony bilen gepleşipdi+.
28 Ýehowa Müsürde Musa bilen gepleşen güni, 29 Ýehowa Musa: «Men Ýehowa. Ähli aýdanlarymy Müsür faraonyna ýetir» diýipdi. 30 Şonda Musa Ýehowa: «Men düzüwli gepläp bilemok. Heý-de, faraon meni diňlärmi?»+ diýipdi.
7 Ýehowa Musa: «Seni faraonyň üstünden Hudaý ýaly edip goýdum*. Doganyň Harun hem pygamberiň bolar+. 2 Aýtjak zatlarymy doganyň Haruna ýetir, ol hem faraona aýtsyn. Ahyry faraon ysraýyllary goýberer. 3 Men faraony doňýürek edip+, Müsürde köp alamat we gudrat görkezerin+. 4 Şonda-da faraon size gulak asmaz. Men Müsüre garşy elimi göterip, olara agyr jezalary bererin+. Ysraýyl halkymy topar-topar edip, Müsürden çykararyn. 5 Güýçli golumy Müsüre uzadyp, ysraýyllary çykaranymda, müsürliler meniň Ýehowadygymy biler»+ diýdi. 6 Musa bilen Harun Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, ähli zady aýdyşy ýaly etdiler. 7 Faraon bilen gepleşende, Musa 80, Harun bolsa 83 ýaşyndady+.
8 Ýehowa Musa bilen Haruna: 9 «Faraon size gudrat görkez diýse, Haruna: „Hasaňy faraonyň öňüne taşla“ diý. Şonda hasa ullakan ýylana öwrüler»+ diýdi. 10 Musa bilen Harun faraonyň huzuryna baryp, edil Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Harun hasasyny faraonyň we hyzmatkärleriniň öňüne taşlady welin, hasa ullakan ýylana öwrüldi. 11 Faraon hem maslahatçylaryny we jadygöýlerini* çagyrdy. Müsür jadygöýleri*+ jadyly güýji bilen edil şonuň ýaly gudrat görkezdiler+. 12 Olaryň hersi hasasyny ýere taşlanda, ullakan ýylana öwrüldi. Harunyň ýylany* bolsa olaryň ýylanlaryny ýuwutdy. 13 Ýöne Ýehowanyň aýdyşy ýaly, faraon kesirlik edip+, Musa bilen Haruna gulak asmady.
14 Şonda Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek+, ol halky goýbermekden boýun gaçyrýar. 15 Ertir irden faraonyň ýanyna git. Ol Nil derýasyna barar. Faraon bilen görüşmek üçin derýanyň kenarynda dur, ýylana öwrülen hasany hem alyp git+. 16 Faraona şeýle diý: „Meni ýanyňa ysraýyllaryň* Hudaýy Ýehowa iberdi+. Ol: „Halkymy goýber, çölde maňa sežde etsinler“ diýýär. Sen bolsa entegem boýun bolaňok. 17 Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Meniň Ýehowadygymy şundan bilersiň+: hasamy uzadyp, Nil derýasyna uraryn welin, suw gana öwrüler. 18 Nildäki balyklar ölüp, derýa porsar. Müsürliler derýanyň suwundan içip bilmez“».
19 Soňra Ýehowa Musa tabşyryk berip: «Haruna: „Suw gana öwrüler ýaly, hasaňy Müsüriň+ ähli suwlaryna, derýalaryna, ýaplaryna*, köllerine+ we howdanlaryna uzat“ diý. Şonda bütin Müsürdäki, hatda gap-gaçlardaky* suwlar hem gana öwrüler» diýdi. 20 Musa bilen Harun dessine Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdiler. Harun hasany galdyryp, faraonyň we hyzmatkärleriniň gözüniň alnynda Nil derýasyna urdy welin, suw gana öwrüldi+. 21 Nildäki balyklar öldi+, derýa porsap başlady. Müsürliler Nil derýasynyň suwundan içip bilmediler+. Tutuş Müsürdäki suw gana öwrüldi.
22 Emma Müsür jadygöýleri hem jadyly güýji* bilen edil şonuň ýaly etdiler+. Muny gören faraon ýene-de boýnuýogynlyk etdi. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady+. 23 Faraon köşgüne gaýtdy, bolan zatlar onuň piňine-de däldi. 24 Müsürliler bolsa suw gözläp, Nil derýasynyň töwereginde guýy gazyp başladylar, sebäbi derýanyň suwundan içer ýaly däldi. 25 Şeýdip, Ýehowanyň Nil derýasyny gana öwrenine ýedi gün boldy.
8 Ýehowa Musa: «Faraonyň ýanyna baryp, şu sözleri aýt: „Ýehowa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber+. 2 Goýbermeseň, ýurduňa gurbaga çozduryp+, başyňyza bela getirerin. 3 Nil derýasy gurbagadan dolar. Olar öýüňe, ýatýan otagyňa, düşegiňe, hyzmatkärleriň, tutuş halkyň öýüne, tamdyryňyza, kerseniňize çenli girer+. 4 Gurbagalar seniň üstüňe, halkyň we hyzmatkärleriň üstüne çozar“» diýdi.
5 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Haruna: „Eliňdäki hasaňy Müsüriň derýalaryna, ýaplaryna*, köllerine uzat. Şonda bütin Müsür gurbagadan dolar“ diý». 6 Harun elindäki hasany Müsüriň suwlaryna uzatdy welin, gurbaga çykyp başlady. Tutuş ýurt gurbagadan doldy. 7 Jadygöýler* hem jadyly güýji* bilen edil şonuň ýaly edip, Müsüri gurbagadan doldurdylar+. 8 Şonda faraon Musa bilen Haruny çagyryp: «Ysraýyllary Ýehowa gurban bermäge goýbereýin. Ýöne siz Ýehowa dileg ediň. Goý, ol meni hem-de halkymy gurbagalardan dyndarsyn»+ diýdi. 9 Musa bolsa: «Hudaýa haçan dileg etmelidigimi özüň aýdaý. Gurbagalar seniň öýleriňden, hyzmatkärleriňden, halkyňdan aýrylyp, Nil derýasyna girer» diýdi. 10 Faraon: «Ertir dileg edäý» diýip jogap berdi. Şonda Musa: «Goý, aýdyşyň ýaly bolsun. Sen hiç kimiň Ýehowa Hudaýymyza taý gelip bilmejekdigine göz ýetirersiň+. 11 Öýüňizdäki gurbagalar öler. Şeýdip, senem, hyzmatkärleriňem, halkyňam olardan dynarsyňyz. Gurbagalar diňe Nil derýasynda galar»+ diýdi.
12 Musa bilen Harun faraonyň huzuryndan çykyp gaýtdy. Soňra Musa Ýehowa dileg edip, faraonyň üstüne çozduran gurbagalaryny aýyrmagy sorady+. 13 Ýehowa Musanyň haýyşyny bitirdi. Öýlerdäki, howlulardaky we meýdanlardaky gurbagalaryň bary öldi. 14 Adamlar gurbagalary üýşmek-üýşmek edip goýdular. Olaryň ysyndan ýaňa tutuş ýurt porsady. 15 Faraon gurbagalaryň aýrylandygyny görende, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, boýnuýogynlyk edip, Musa bilen Haruna gulak asmady+.
16 Ýehowa Musa şeýle tabşyryk berdi: «Haruna: „Hasaňy uzat-da, ýere ur. Şonda bütin Müsürdäki tozan peşä* öwrüler“ diý». 17 Olar şeýle hem etdiler. Harun hasasyny uzadyp, ýere uranda, Müsüriň ähli tozany peşä öwrülip, adamlaryň we haýwanlaryň üstüne çozdy+. 18 Jadygöýler hem jadyly güýji*+ bilen edil şonuň ýaly edip, peşe çykarmaga synanyşdylar, emma başarmadylar. Peşeler bolsa adamlaryň we haýwanlaryň etini iýip barýardy. 19 Jadygöýler faraona: «Munda Hudaýyň eli bar!»+ diýdiler. Emma Ýehowanyň aýdyşy ýaly, faraon ýene-de kesirlik edip, hiç kimi diňlemedi.
20 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Ertir irden faraonyň ýanyna bar. Ol derýanyň kenaryna geler. Öňünden çyk-da, şu sözleri aýt: „Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber. 21 Goýbermeseň, seniň üstüňe, hyzmatkärleriň we tutuş halkyň üstüne, öýleriňe siňek* çozduraryn. Müsürlileriň öýleri siňekden dolar. Olardan ýaňa aýak basara ýer bolmaz. 22 Ýöne şol gün halkymyň ýaşaýan ýeri Goşene zyýan ýetirmerin. Ol ýerde ýekeje-de siňek bolmaz+. Şonda meniň Ýehowadygyma we seniň ýurduňda ygtyýarymyň bardygyna göz ýetirersiň+. 23 Öz halkymy seniň halkyňdan aýry tutaryn. Gudratymy ertir görersiň“».
24 Ýehowa aýdyşy ýaly-da etdi. Faraonyň köşgi, hyzmatkärleriniň öýi, bütin Müsür ýurdy çozup gelen siňeklerden doldy+. Siňekler ýurdy weýran etdi+. 25 Ahyry faraon Musa bilen Haruny çagyryp: «Baryň, Hudaýyňyza gurbanlyk beriň, ýöne ýurtdan çykmaň» diýdi. 26 Emma Musa: «Ýok, o diýeniň-ä bolmaz. Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk berjek mallarymyzy görüp, müsürlileriň gahary geler+. Olaryň gözüniň alnynda halamaýan zadyny etsek, bizi daşlap öldürerler. 27 Biz üç günlük çöle gidip, Ýehowa Hudaýymyzyň aýdyşy ýaly, şol ýerde gurbanlyk bereris»+ diýdi.
28 Şonda faraon: «Bolýar, çöle gidip, Ýehowa Hudaýyňyza gurbanlyk beriň, ýöne uzaga gitmäň. Meniň üçinem dileg ediň»+ diýdi. 29 Musa: «Häzir gidip, Ýehowa dileg ederin. Ertir faraon bilen hyzmatkärleri, tutuş halk siňeklerden dynar. Ýöne faraon indi bir sözünden dänmesin, halky Ýehowa gurbanlyk bermäge goýbersin»+ diýdi. 30 Musa faraonyň huzuryndan gaýdyp, Ýehowa dileg etdi+. 31 Ýehowa hem onuň dilegini eşitdi. Siňekler faraondan, hyzmatkärlerinden we halkyndan aýryldy, ýekejesi-de galmady. 32 Emma faraon ýene-de kesirlik edip, ysraýyllary goýbermedi.
9 Şonda Ýehowa Musa: «Faraonyň ýanyna bar-da: „Ysraýyllaryň* Hudaýy Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber+. 2 Olary goýbermän, saklap otursaň, 3 Ýehowa beýik güýji+ bilen ähli mal-garaňy: atlaryňy, eşekleriňi, düýeleriňi, öküzleriňi, goýun-geçileriňi heläk eder+. 4 Emma Ýehowa ysraýyllaryň malyna degmez. Olaryň ýekeje maly-da ölmez“ diý“» diýip tabşyrdy+. 5 Ýehowa munuň haçan boljagyny aýdyp: «Men — Ýehowa muny ertir ederin» diýdi.
6 Ertesi Ýehowa aýdyşy ýaly-da etdi. Müsürlileriň mal-garasy gyrlyp başlady+, ýöne ysraýyllaryň malynyň ýekejesi-de ölmedi. 7 Faraon sorag-ideg edip, ysraýyllaryň hiç bir malynyň ölmändigini bildi. Ol şonda-da boýnuýogynlyk edip, halky goýbermedi+.
8 Ýehowa Musa bilen Haruna: «Pejiň düýbünden heriňiz bir goşawuç kül alyň. Musa küli faraonyň öňünde ýokaryk sepsin. 9 Kül tozana öwrülip, bütin Müsüre ýaýrar. Şonda Müsürdäki hemme adamlara we haýwanlara çyban çykar» diýdi.
10 Olar hem peçden kül alyp, faraonyň huzuryna bardylar. Musa küli ýokaryk sepdi welin, adamlara we haýwanlara çyban çykyp başlady. 11 Jadygöýler Musanyň ýanyna gelip bilmediler, sebäbi olaryň hem, ähli müsürlileriň hem endam-jany çybandan dolupdy+. 12 Emma Ýehowa faraony doňýürek etdi. Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly, faraon olara gulak asmady+.
13 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Ertir irden faraonyň huzuryna baryp: „Ysraýyllaryň Hudaýy Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber. 14 Goýbermeseň, seni, hyzmatkärleriňi, halkyňy jezalandyryp, başyňyza bela-beter indererin. Şonda bütin ýer ýüzünde meniň ýaly Hudaýyň ýokdugyna göz ýetirersiň+. 15 Aslynda, seni we halkyňy elhenç kesele uçradyp, bireýýäm ýok edibem bilerdim. 16 Ýöne saňa güýjümi görkezmek we adymy bütin dünýä tanatmak üçin+ seni diri galdyrdym. 17 Sen bolsa henizem halkymy goýbermän, olary äsgermezlik edýäň. 18 Ertir şu wagtlar güýçli jöwenek* ýagdyraryn. Müsürde şu çaka çenli beýle jöwenek ýagan däldir. 19 Adam ýolla-da, meýdandaky mal-garaňy we zatlaryňy ýygnat. Jöwenek ýagyp başlasa, içerik salynman, meýdanda galan adamlaryň, mallaryň bary öler“ diý“».
20 Faraonyň käbir emeldarlary Ýehowanyň sözünden gorkup, dessine hyzmatkärlerini we mal-garasyny öýüne ýygnady. 21 Ýehowanyň sözüne biperwaý garaýan adamlar bolsa hyzmatkärlerini we mal-garasyny meýdanda galdyrdylar.
22 Ýehowa Musa ýüzlenip: «Eliňi göge galdyr. Şonda tutuş Müsür ýurduna+, adamlaryň, haýwanlaryň, meýdandaky gök otlaryň üstüne jöwenek ýagar»+ diýdi. 23 Musa hasasyny göge galdyrdy welin, Ýehowa gök gürledip, jöwenek ýagdyrdy. Asmandan ot syçrap gitdi*. Ýehowa Müsür ýurduna yzyny üzmän jöwenek ýagdyrdy. 24 Güýçli jöwenek ýagyp, arasynda ot syçraýardy. Ýurt elhenç ýagdaýa düşdi. Beýle ýagdaý Müsür halky döräli bäri bolmandy+. 25 Güýçli jöwenek zerarly meýdanda galan adamlaryň we haýwanlaryň bary öldi, gök otlar hem, agaçlar hem weýran boldy+. 26 Ýöne ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri Goşene jöwenek ýagmady+.
27 Faraon Musa bilen Haruny çagyryp: «Men ýalňyşypdyryn. Ýehowa adalatly Hudaý, bar günä mende we halkymda. 28 Gök gürlemesi we jöwenek ýagmasy kesilsin diýip, Ýehowa dileg edäýiň. Indi sizi goýbererin, saklap oturmaryn» diýdi. 29 Musa bolsa: «Şäherden çykan badyma, elimi göge galdyryp, Ýehowa dileg ederin welin, gök gürlemesi, jöwenek ýagmasy kesiler. Şonda bütin ýer ýüzüniň Ýehowanyň elindedigini bilersiň+. 30 Ýöne şonda-da sen hem, hyzmatkärleriň hem Ýehowa Hudaýdan gorkmaz» diýdi.
31 Güýçli jöwenekden ýaňa arpa we zygyr* weýran boldy, sebäbi arpa hasyla ýetişipdi, zygyr bolsa gunçalapdy. 32 Emma bugdaýa we çowdara* zyýan ýetmedi, olaryň hasyly gijräk ýetişýärdi. 33 Musa faraonyň ýanyndan gaýdyp, şäheriň daşyna çykdy-da, elini göge galdyryp, Ýehowa dileg etdi. Şol bada gök gürlemesi we jöwenek ýagmasy kesilip, ýagyş diňdi+. 34 Ýagşyň, jöwenegiň we gök gürrüldisiniň kesilenini görüp, faraon bilen hyzmatkärleri ýene-de Hudaýa garşy gidip, boýnuýogynlyk etdiler+. 35 Ýehowanyň Musa arkaly aýdyşy ýaly, faraon ýene kesirlik edip, ysraýyllary goýbermedi+.
10 Soňra Ýehowa Musa: «Faraonyň ýanyna git. Men faraony we hyzmatkärlerini doňýürek etdim+, sebäbi olara gudratymy görkezmek isleýärin+. 2 Senem Müsüriň başyndan inderen bela-beterlerimi, olara görkezen gudratlarymy ogullaryňa we agtyklaryňa gürrüň berersiň+. Hemmäňiz meniň Ýehowadygyma göz ýetirersiňiz» diýdi.
3 Musa bilen Harun faraonyň huzuryna baryp, şeýle diýdiler: «Ysraýyllaryň* Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sen haçana çenli maňa garşy gitjek?+ Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber. 4 Halkymy goýbermeseň, ertir ýurduňa çekirtge ýagdyraryn. 5 Çekirtgeler tutuş ýurdy eýelär, olardan ýaňa aýak basara ýer bolmaz. Olar jöwenekden* galan ekiniňizi, agaçlaryňyzy ýalmap ýuwudar+. 6 Seniň, hyzmatkärleriň, ähli müsürlileriň öýi çekirtgeden dolar. Beýle zady hatda ata-babalaryňyz hem gören däldir“»+. Musa bulary aýdyp, faraonyň huzuryndan çykyp gaýtdy.
7 Faraonyň emeldarlary: «Ol adam bizi kösäp ýör*. Ysraýyllary goýber, gidip, Ýehowa Hudaýyna sežde etsin. Göreňokmy, Müsür weýran bolup barýar!» diýdiler. 8 Şonda faraon Musa bilen Haruny yzyna çagyrdyp: «Baryň, gidiň-de, Ýehowa Hudaýyňyza sežde ediň. Kimleri äkitjek bolýaňyz?» diýdi. 9 Musa: «Garry-ýaş, ogul-gyz, aýal-erkek diýmän, barymyz gideris, mal-garamyzy-da äkideris+. Sebäbi Ýehowanyň şanyna baýram etjek bolýarys»+ diýip jogap berdi. 10 Şonda faraon: «Näme, çaga-çugalaryňyz bilen goýberäýerin öýdýäňizmi? Hany göreli, Ýehowa size kömek edermikä?+ Niýetiňiz-ä düzüw däl! 11 O diýeniňiz bolmaz! Ýehowa sežde etjegiňiz çyn bolsa, diňe erkekleriňiz gitsin» diýip, olary kowup goýberdi.
12 Ýehowa Musa: «Eliňi Müsüre tarap uzat. Şonda çekirtge ýagar, olar Müsürdäki gök oty we jöwenekden galan ähli ekini ýalmap ýuwudar» diýdi. 13 Musa dessine hasasyny Müsüre tarap uzatdy. Ýehowa şol gün gijesi bilen gündogardan ýel öwüsdirdi. Irden turup görseler, gündogardan öwsen ýeliň ugruna birgiden çekirtge gelipdir. 14 Çekirtgeler Müsüriň çar tarapyna ýaýrap, tutuş ýurdy eýeledi+. Ýurt elhenç ýagdaýa düşdi+, beýle köp çekirtge görlüp-eşidilen zat däldi*. 15 Tutuş ýurdy çekirtge basdy. Çekirtgeden ýaňa ýeriň ýüzi gap-gara bolup görünýärdi. Olar jöwenekden galan ähli bag-bakjalary we agaçlaryň miwesini ýalmap ýuwutdylar. Agaçlarda ýaprak, ekinlerde gök ot galmady.
16 Faraon dessine Musa bilen Haruny çagyryp: «Men size we Ýehowa Hudaýyňyza garşy günä etdim. 17 Ýalbarýaryn, şu gezeklikçe günämi geçiň. Elhenç betbagtçylygyň aýrylmagy üçin Ýehowa Hudaýyňyza dileg edäýiň» diýdi. 18 Ol* hem faraonyň huzuryndan çykyp, Ýehowa dileg etdi+. 19 Şonda Ýehowa ýeliň ugruny üýtgetdi we günbatardan güýçli ýel öwüsdirip, çekirtgeleri Gyzyl deňze taşlady. Müsürde ýekeje çekirtge-de galmady. 20 Emma Ýehowa faraony doňýürek etdi+. Faraon ýene-de ysraýyllary goýbermedi.
21 Ýehowa Musa: «Eliňi göge galdyr. Goý, Müsür ýurduny garaňkylyk, tüm-garaňkylyk gaplap alsyn» diýdi. 22 Musa derrew elini göge galdyrdy. Şonda Müsürde üç günläp tüm-garaňkylyk boldy+. 23 Adamlar biri-birini görüp bilmediler. Üç günläp hiç kim öýünden çykmady. Ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolsa ýagtydy+. 24 Faraon Musany çagyryp: «Baryň, Ýehowa sežde etmäge gidiň+. Çagalaryňyzy hem äkidiň, ýöne mal-garaňyz bärde galsyn» diýdi. 25 Musa: «Ýehowa Hudaýymyza ýakma gurbanlyklary hödürlär ýaly, gurbanlyk üçin mal bermeseň bolmaz*+. 26 Mal-garamyzy alyp gideris, Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk bermek üçin mal-gara gerek bolar. Ýehowa näme gurbanlyk beriljegi entek belli däl, baranymyzdan soň biläýmesek» diýip jogap berdi. 27 Ýöne Ýehowa faraony doňýürek etdi. Faraon ysraýyllary goýbermek islemedi+. 28 Ol Musa: «Gümüňi çek! Gaýdyp gözüme görünme! Ýene geläýseň, ýoguňa ýanaryn!» diýdi. 29 Şonda Musa: «Bolýar, gaýdyp gözüňe görünmerin» diýdi.
11 Ýehowa Musa: «Faraona we müsürlilere ýene bir jeza bererin. Şondan soň faraon sizi goýberer+, öz eli bilen kowup çykarar+. 2 Ysraýyllara aýt, goý, olaryň hersi goňşy-golamyndan altyn-kümüş sorasyn»+ diýdi. 3 Ýehowa müsürlileri ysraýyllara hormat goýar ýaly etdi. Musa-da Müsürde faraonyň emeldarlarynyň we halkyň arasynda at-abraýa eýe boldy.
4 Soňra Musa faraona: «Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Ýarygijä golaý Müsüre aýlanyp çykaryn+. 5 Şonda ähli müsürlileriň nowbahar ogly öler+. Şa tagtynda oturan faraondan başlap, degirmen başynda oturan gyrnaga çenli hemmesiniň nowbahar ogly öler. Mallaryň-da ilkinji doglany heläk bolar+. 6 Tutuş Müsür halky dady-perýat eder. Beýle dady-perýat ne bolandyr, ne-de bolar+. 7 Emma ysraýyllara we mal-garasyna hiç zat bolmaz, olara hatda it hem üýrmez. Şonda Ýehowanyň ysraýyllary müsürlilerden aýry tutýandygyny bilersiňiz“+. 8 Ähli emeldarlaryň gelip, öňümde dyza çöker-de: „Halkyňy al-da, bärden git“+ diýerler. Şonda men giderin» diýdi. Musa sözüni tamamlap, gahar-gazap bilen faraonyň huzuryndan çykyp gaýtdy.
9 Ýehowa Musa: «Faraon size gulak asmaz+. Men bolsa Müsürde ýene-de gudrat görkezerin»+ diýdi. 10 Musa bilen Harun faraonyň öňünde ençeme gudratlary görkezdi+. Emma Ýehowa faraony doňýürek edeni üçin, ol ysraýyllary ýurtdan goýbermedi+.
12 Ýehowa Müsürde Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2 «Şu aý siziň üçin birinji aý, ýylyň ilkinji aýy bolar+. 3 Ysraýyl halkyna aýdyň, goý, olar şu aýyň onuna öz maşgalasy üçin bir guzy+ saýlap alsyn, her maşgala bir guzy saýlasyn. 4 Eger maşgala bir guzyny iýerden kiçi bolsa, onda gapdal goňşusyny çagyryp, bile iýsin. Her kimiň näçeräk iýjegini göz öňünde tutup, guzyny adam sanyna görä bölüşsinler. 5 Goýunlardan ýa-da geçilerden birýaşar, şikessiz+ erkek maly saýlap bilersiňiz. 6 Ony şu aýyň 14-ne çenli bakyň+. Şol gün garaňky düşüp barýarka*, ähli ysraýyllar malynyň damagyny çalsyn+. 7 Ganyndan alyp, et iýiljek öýüň gapysynyň ýokarsyna we ikiýan söýesine çalsynlar+.
8 Olar şol gije+ eti gowrup, petir çörek*+ we ajy otlar+ bilen iýsinler. 9 Eti çigligine, buglap ýa-da gaýnadyp iýmäň, tutuşlygyna kellebaşaýagy we bagröýkeni* bilen gowruň. 10 Ertesi irdene çenli etden hiç zat galmasyn, galaýsa-da, ýakyň+. 11 Iýip-içýän wagtyňyz biliňiz guşalgy, aýagyňyz çarykly, eliňiz hasaly bolsun. Özüňizem çalt-çalt iýmelisiňiz. Ýehowa üçin Pasha* gurbanlygyny şeýdip bermelisiňiz. 12 Şol gije men Müsüre aýlanyp çykaryn-da, adamlaryň nowbahar ogullaryndan başlap, mal-garalaryň ilkinji doglanyna çenli öldürerin+. Müsüriň ähli taňrylaryny höküm ederin+. Men Ýehowadyryn. 13 Öýüňiziň gapysyna çalnan gan bellik bolar. Men gany görüp, sizden sowlup geçerin. Müsürlilere jeza berenimde, size hiç hili zyýan ýetmez+.
14 Şol güni hemişe ýatlap, nesilden-nesle Ýehowanyň şanyna baýram edip belläň. Muny hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. 15 Ýedi günläp petir iýiň+. Birinji günden başlap, öýüňizde hamyrmaýa goýmaň. Ýedi günüň içinde hamyrmaýa goşulan zat iýen adam ysraýyl halkynyň arasyndan ýok edilsin*. 16 Baýramçylygyň birinji we ýedinji günleri mukaddes ýygnak geçiriň. Şol günler hiç hili iş etmäň+, diňe iýjek naharyňyzy bişirip bilersiňiz.
17 Her ýyl Petir baýramyny belläň+, sebäbi şol gün baryňyzy* Müsürden çykarjakdyryn. Muny nesilden-nesle baýram edip, hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. 18 Birinji aýyň 14-i gijesinden 21-ne agşama çenli petir iýmelisiňiz+. 19 Ýedi günläp öýüňizde hiç hili hamyrmaýa goýmaň. Sebäbi gelmişeklerden ýa ysraýyllardan bolsun, tapawudy ýok+, kimde-kim hamyrmaýa goşulan zat iýse+, ysraýyl halkynyň arasyndan ýok ediler. 20 Hamyrmaýa goşulan zatlaryň hiç birinden iýmäň. Hemme öýde diňe hamyrmaýasyz çörek iýilsin».
21 Musa derrew ysraýyl ýaşulularyny çagyryp+, şeýle diýdi: «Heriňiz öz maşgalaňyz üçin guzy ýa owlak alyň-da, Pasha gurbanlygyny soýuň. 22 Guzynyň ganyndan legene guýuň-da, bir desse issop otuny* gana batyryp, gapyňyzyň ýokarsyna we ikiýan söýesine çalyň. Irdene çenli hiç kim öýünden çykmasyn. 23 Ýehowa müsürlilere jeza berende, gapyňyzyň ýokarsyna we ikiýan söýesine çalnan gany görer. Şonda Ýehowa siziň gapyňyzdan sowlup geçer, ölüm belasy içeriňize girmez+.
24 Şol wakany elmydama ýatda saklap, özüňizem, ogullaryňyzam baýram edip belläň+. 25 Baýramçylygy Ýehowanyň wada beren ýurduna baranyňyzda-da belläň+. 26 Ogullaryňyz: „Baýramçylyk nämäniň şanyna bellenýär?“+ diýip sorasa, 27 „Ýehowa üçin Pasha gurbanlygyny berýäris. Ol müsürlilere jeza berende, ysraýyllaryň öýünden sowlup geçip, bizi diri galdyrdy“ diýiň».
Şonda ysraýyllar ýüzlerini ýere berip, tagzym etdiler. 28 Olar gidip, Ýehowanyň Musa bilen Haruna tabşyran zatlaryny ýerine ýetirdiler+. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdiler.
29 Ýarygije Ýehowa tagtda oturan faraondan başlap, zyndanda ýatan tussaga* çenli ähli müsürlileriň uly ogullaryny öldürdi+. Mal-garalaryň ilkinji doglanyny hem heläk etdi+. 30 Faraon, hyzmatkärleri, hemme müsürliler gije turup, dady-perýat edip başladylar. Sebäbi Müsürde adam ölmedik hojalyk galmady+. 31 Faraon gijäniň içinde Musa bilen Haruny getirdip+: «Baryň, halkymyň arasyndan ýok boluň! Ysraýyllaryň baryny alyň-da, gümüňizi çekiň! Aýdyşyňyz ýaly, gidip, Ýehowa sežde ediň+. 32 Öz diýşiňiz ýaly, malyňyzy hem äkidiň+. Ýöne Hudaýa meniň üçinem dileg ediň» diýdi.
33 Müsürliler: «Bu gidişine gitse, barymyz gyrlarys!»+ diýişdiler. Olar ysraýyllary çaltrak+ ýurtdan çykarjak bolup, gyssap başladylar. 34 Ysraýyllar hamyrmaýasyz hamyrlaryny jamy bilen geýimlerine dolap, eginlerinde göterip gitdiler. 35 Olar Musanyň aýdyşy ýaly, müsürlilerden altyn-kümüş we egin-eşik soradylar+. 36 Ýehowa bolsa müsürlileri ysraýyllara hormat goýar ýaly etdi. Olar ysraýyllaryň ähli soran zadyny berdiler. Şeýlelikde, olar müsürlileri talap gaýtdylar+.
37 Ysraýyllar Ramsesden+ Sukota+ ýola düşdüler. Çagalary* hasaplamasaň, 600 000-e golaý adam* bardy+. 38 Ysraýyllaryň ýany bilen başga-da birgiden adam*+ gaýtdy. Halkyň ep-esli sürüsi, birtopar maly bardy. 39 Ýolda barýarkalar, Müsürden alyp gaýdan hamyrmaýasyz hamyrlaryndan petir bişirdiler. Sebäbi Müsürden howlukmaç gaýdyp+, hiç zat bişirip ýetişmändiler.
40 Ysraýyllar 430 ýyllap+ ýat ýurtlarda we Müsürde sergezdan bolup ýaşadylar+. 41 Ýehowanyň ummasyz halky 430-njy ýylyň ahyrynda, hut şol gün Müsürden çykdy. 42 Olar Ýehowanyň Müsürden çykaran gününi gije baýram edip bellemelidiler. Tutuş ysraýyl halky şol gijäni ýatlap, Ýehowanyň şanyna nesilden-nesle baýram etmelidi+.
43 Ýehowa Musa bilen Haruna: «Pasha bilen bagly şeýle kanun berýärin: hiç bir gelmişek gurbanlykdan iýmesin+. 44 Emma başga halkdan satyn alan guluňyz bar bolsa, sünnetläň+. Diňe şonda ol gurbanlykdan iýip biler. 45 Gelmişekleriň we hakyna tutulan işçileriň hiç biri ondan iýmeli däldir. 46 Gurbanlygy bir jaýda oturyp iýiň, etiniň ýekeje bölegini-de daşaryk çykarmaň. Gurbanlyk guzusynyň bir süňküni hem döwmäň+. 47 Baýramçylygy tutuş ysraýyl halky bellesin. 48 Araňyzda ýaşaýan gelmişek Ýehowanyň şanyna Pasha baýramyny bellemek islese, öýündäki ähli erkekler sünnetlensin. Şonda ol baýramçylygy belläp biler we ysraýyllar ýaly hasaplanar. Ýöne sünnetlenmedik adam gurbanlykdan iýmeli däldir+. 49 Ýerli halk üçinem, araňyzda ýaşaýan gelmişek üçinem bir kanun bolsun»+ diýdi.
50 Ysraýyllar Ýehowanyň Musa bilen Haruna tabşyran zatlaryny ýerine ýetirdiler. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdiler. 51 Şol gün Ýehowa ysraýyllary topar-topar edip Müsürden çykardy.
13 Soňra Ýehowa Musa: 2 «Ysraýyl halkynyň ähli nowbaharlaryny maňa bagyş ediň*. Adamlaryň-da, mallaryň-da ilkinji doglan erkegi meniňkidir»+ diýdi.
3 Şonda Musa halka şeýle diýdi: «Müsürden çykýan günüňizi hiç wagt unutmaň+. Ýehowa sizi güýçli goly bilen Müsür gulçulygyndan çykarýar+. Şonuň üçin hamyrmaýaly zat iýmäň. 4 Ine, siz şu gün, abyp* aýynda+ Müsürden çykýaňyz. 5 Ýehowa ata-babalaryňyza ant içip, wada berişi ýaly+, sizi kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň+ süýt bilen bal akýan ýurduna+ elter. Şonda her ýylyň abyp aýynda baýramçylyk belläň. 6 Ýedi günläp petir* iýip+, ýedinji gün Ýehowanyň şanyna baýram ediň. 7 Ýedi günläp petir iýiň+. Ýaşaýan ýeriňizde hamyrmaýa-da, hamyrmaýaly zat-da bolmasyn+. 8 Şol gün ogullaryňyza: „Ýehowanyň meni Müsür gulçulygyndan halas edişini belleýärin“ diýip düşündiriň+. 9 Eliňize we maňlaýyňyza goýlan bellik ýaly, baýramçylyk hem size şol wakany ýatladyp durar+. Ýehowanyň kanunyny diliňizden düşürmäň, sebäbi Ýehowa sizi güýçli goly bilen Müsürden çykardy. 10 Hudaýyň tabşyryşy ýaly, baýramçylygy her ýyl wagtynda belläň+.
11 Ýehowa size we ata-babalaryňyza ant içişi ýaly, Kengan ýurduna elter+. 12 Şonda ähli nowbahar ogullaryňyzy we sürüde ilkinji doglan erkek mallaryňyzy Ýehowa bagyş ediň. Olar Ýehowanyňky+. 13 Eşegiň ilkinji kürresine derek goýun gurbanlyk beriň. Goýun berip bilmeseňiz, onda kürräniň boýnuny omruň*. Nowbahar ogullaryňyz üçin hem töleg töläň+.
14 Çagalaryňyz munuň sebäbini sorasa, olara: „Ýehowa bizi güýçli goly bilen Müsür gulçulygyndan çykardy+. 15 Faraon kesirlik edip, goýbermejek bolanda+, Ýehowa müsürlileriň nowbahar ogullaryny we ilkinji doglan erkek mallaryny öldürdi+. Şol sebäpli ilkinji doglan erkek mallary Ýehowa gurbanlyk berýäris, nowbahar ogullarymyz üçin töleg töleýäris“ diýiň. 16 Eliňize we maňlaýyňyza goýlan bellik*+ ýaly, goý, baýramçylyk hem şol wakany ýatladyp dursun. Sebäbi Ýehowa güýçli goly bilen bizi Müsürden çykardy».
17 Faraon ysraýyllary goýberende, Hudaý olary piliştlileriň üstünden geçýän gysga ýoldan äkitmedi. Sebäbi Hudaý: «Piliştliler hüjüm edäýse, halk pikirini üýtgedip, Müsüre dolanar» diýdi. 18 Hudaý olary çölüň içi bilen Gyzyl deňze barýan aýlawly ýoldan äkitdi+. Ysraýyllar Müsürden topar-topar bolup çykdylar. 19 Musa Ýusubyň süňklerini-de alyp gaýtdy. Sebäbi Ýusup Ysraýylyň ogullaryna: «Hudaý size hökman nazar salar. Şonda süňklerimi bärden äkidiň» diýip ant içiripdi+. 20 Ysraýyllar Sukotdan gaýdyp, çölüň çetindäki Etamda düşlediler.
21 Ýehowa bolsa olaryň öňüne düşüp, gündiz bulut sütüni+, gije ot sütüni arkaly ýol görkezýärdi. Şeýlelikde, olar gündizine-de, gijesine-de ýoluny dowam edip bilýärdiler+. 22 Gündizine bulut sütüni, gijesine bolsa ot sütüni halkyň öňünden aýrylmaýardy+.
14 Ýehowa Musa ýüzlenip: 2 «Ysraýyllara aýt, yzlaryna öwrülip, Migdol bilen deňziň aralygyndaky Pihahirotyň garşysynda, Bagal-zeponyň golaýynda düşlesinler+. Düşelgäni deňziň ýakasynda, Bagal-zeponyň gabadynda guruň. 3 Şonda faraon: „Ysraýyllar çölde azaşyp, nirä ýörejegini bilýän däldir“ diýip pikir eder. 4 Men faraony doňýürek ederin+, ol yzyňyzdan kowalar. Faraony tutuş goşuny bilen+ ýok edip, adymy şöhratlandyraryn. Şonda müsürliler meniň Ýehowadygymy biler»+ diýdi. Ysraýyllar hem aýdylyşy ýaly etdiler.
5 Biraz wagtdan Müsür faraonyna ysraýyllaryň gaçyp gidendigini habar berdiler. Faraon bilen emeldarlary halky goýberendigine ökünip+: «Olary näme üçin gulçulykdan boşatdyk?» diýişdiler. 6 Faraon söweş arabalaryny taýynlap, nökerleriniň baryny aýaga galdyrdy+. 7 Ol 600 saýlama söweş arabasyny we Müsüriň hemme arabalaryny ýanyna alyp gitdi. Her arabada batyr ýigitler bardy. 8 Ýehowa Müsür faraonyny doňýürek etdi. Faraon ysraýyl halkynyň yzyndan kowalady. Ysraýyllar bolsa başyny dik tutup ýöräp barýardy+. 9 Müsürliler olary kowaladylar+. Şol wagt ysraýyllar deňziň kenaryna baryp, Pihahirotyň golaýynda, Bagal-zeponyň garşysynda düşläpdi. Faraon at-arabalary, atlylary, tutuş goşuny bilen olara barha golaýlaşýardy.
10 Faraon bilen müsürlileriň ýetip gelýänini görüp, ysraýyllar gorkdular we Ýehowa dady-perýat edip başladylar+. 11 Ysraýyllar Musa: «Näme, Müsürde gonamçylyk ýokdumy? Bizi çölde öldürmek üçin alyp gaýtdyňmy?+ Müsürden çykaryp, başymyza ne günleri saldyň? 12 Müsürde saňa: „Bizi günümize goý, müsürlilere hyzmat edibereli“ diýmedikmi? Çölde ölenimizden, Müsürde gul bolup ýören bolsak, müň esse gowy bolardy»+ diýişdiler. 13 Şonda Musa halka: «Gorkmaň!+ Berk duruň-da, Ýehowanyň sizi halas edişini görüň+. Müsürlileriň gaýdyp garasyny-da görmersiňiz+. 14 Siziň üçin Ýehowa söweşer+. Siz hiç zat etmeli bolmarsyňyz*» diýdi.
15 Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Näme beýle howsala düşüp, perýat edýäň? Ysraýyllara aýt, çadyrlaryny ýygnasyn. 16 Sen bolsa hasaňy uzat-da, deňzi ikä böl. Ysraýyllar deňziň ortasy bilen gury ýerden geçer. 17 Men müsürlileriň ýüregini gatadaryn. Olar siziň yzyňyzdan deňze girer. Şonda faraony, söweş arabalaryny, atlylaryny, bütin goşunyny ýok edip, adymy şöhratlandyraryn+. 18 Faraony, söweş arabalaryny, atlylaryny ýok eden mahalym, müsürliler meniň şöhratymy görüp, Ýehowadygymy biler»+.
19 Ysraýyllaryň öňünden barýan hak Hudaýyň perişdesi+ olaryň arka tarapyna geçdi. Öňlerindäki bulut sütüni hem yza süýşüp, olaryň arkasynda durdy+. 20 Bulut ysraýyllar bilen müsürlileriň arasynda saklandy+. Şonda müsürliler tarapy garaňky, ysraýyllar tarapy bolsa ýagty boldy+. Şeýdip, uzak gije müsürliler ysraýyllara golaýlaşyp bilmedi.
21 Musa hasasyny deňze uzatdy+. Ýehowa bütin gije gündogardan güýçli ýel öwüsdirip, deňziň suwuny iki ýana serpikdirdi-de, düýbüni guratdy+. Şeýlelikde, deňiz ikä bölündi+. 22 Ysraýyllar deňziň ortasy bilen gury ýerden geçdiler+. Suw olaryň iki tarapynda diwar ýaly bolup durdy+. 23 Müsürliler hem olaryň yzyndan galmadylar. Faraon at-arabalary, atlylary bilen ysraýyllaryň yzyndan deňze girdi+. 24 Daňa golaý* Ýehowa ot we bulut sütüninden+ Müsür goşunyna seretdi-de, olary aljyraňňylyga saldy. 25 Ol müsürlileriň söweş arabalarynyň tigirlerini çykardy. Olar arabalaryny zordan sürüp: «Ýörüň, gaçalyň, ysraýyllar üçin Ýehowa söweşýär!»+ diýip gygyryşdylar.
26 Şonda Ýehowa Musa: «Hasaňy deňze uzat. Suw müsürlileriň, söweş arabalarynyň we atlylarynyň üstüne gaýtsyn» diýdi. 27 Musa dessine hasasyny deňze uzatdy. Daňdan deňziň suwy öňki durkuna geldi. Müsürliler gaçjak boldular, emma Ýehowa olary deňziň ortasyna taşlady+. 28 Şaglap gaýdan suw faraonyň söweş arabalaryny, atlylaryny, tutuş goşunyny gark etdi+. Ysraýyllary kowalap, deňze girenleriň ýekejesi-de diri galmady+.
29 Ysraýyllar deňziň düýbündäki gury ýerden geçdiler+. Suw olaryň iki gapdalynda diwar ýaly bolup durdy+. 30 Şol gün Ýehowa ysraýyl halkyny müsürlilerden halas etdi+. Görseler, müsürlileriň jesedi deňziň kenarynda serlip ýatyr. 31 Ýehowanyň müsürlileri beýik güýji bilen ýok edişini görüp, ysraýyllar hemişe Ýehowa gulak asmagy ýüregine düwdüler*. Olar Ýehowa we guly Musa iman etdiler+.
15 Şonda Musa bilen ysraýyllar Ýehowany wasp edip, şu aýdymy aýtdylar+:
«Ýehowanyň şanyna aýdym aýdaýyn,
Ol şöhratly ýeňiş gazandy+.
Esgerleri atlary bilen deňze gapgardy+.
2 Ýah* güýjüm hem kuwwatym, ol meni halas eýledi+.
3 Ýehowa gaýduwsyz söweşiji+, Ýehowadyr onuň ady+.
5 Deňiz tolkunlary olary ýalmap ýuwutdy.
Çuňluga daş deýin çümüp gitdiler+.
6 Eý Ýehowa, çäksizdir sag goluň güýç-kuwwaty+,
Eý Ýehowa, sag eliň mynjyradýar duşmany.
7 Çäksiz güýjüň bilen ýagylaryňy derbi-dagyn edýärsiň+,
Otly gazabyň bilen saman deý küle öwürýärsiň.
8 Haýbatly demiňden suw bir ýere toplandy,
Diwar kimin dik ýokary göterildi.
Möwç urýan suwlar deňziň jümmüşinde doňdy.
9 Duşman diýdi: „Yzlaryndan kowup, ele salaryn!
Oljadan gerk-gäbe bolaryn!
Gylyjymy syryp, baryny gyraryn!“+
10 Ýöne demiň bilen olary deňze gapgardyň+,
Dolup-daşýan suwa gurşun kimin çökerdiň.
11 Eý Ýehowa, taňrylar içinde barmy saňa taý?!+
Mukaddes Hudaý barmy seniň deý?!+
Geň-enaýy işleriň alkyşa, şöhrata mynasyp Hudaý!+
12 Sag eliňi uzatdyň, duşmany ýer ýuwutdy+.
13 Wepaly söýgiň* bilen halkyňy azat etdiň, ýol görkezdiň+,
Beýik güýjüň bilen olary mukaddes ýurduňa eltersiň.
Kengan ilinde güýç-gurbat galmaz+.
16 Olary gorky hem howsala gaplar+.
Eý Ýehowa, halkyň geçip gidýänçä,
Saýlap-seçen halkyň+ geçýänçä+,
Gudratly goluňdan gorkup, doňňaradaşa döner.
17 Halkyňy getirip, öz dagyňda oturdarsyň*+.
Eý Ýehowa, olary özüň üçin goýan ýeriňe,
Öz eliň bilen taýýarlan mukaddes ýurduňa eltersiň, eý Ýehowa.
18 Ýehowa baky hem ebedi höküm sürer+.
19 Deňze tarap okdurylanda faraonyň goşuny*+,
Üstlerinden inderdi Ýehowa deňiz suwuny+.
Emma gury ýerden geçdi ysraýyl halky»+.
20 Şonda Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Ähli aýallar hem oňa goşulyp, deprek çalyp, tans edip başladylar. 21 Merýem erkek adamlaryň aýdymyna jogap berip:
«Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyň,
Ol şöhratly ýeňiş gazandy+.
Esgerleri atlary bilen deňze gapgardy»+ diýdi.
22 Soňra Musa ysraýyllary Gyzyl deňizden Şur çölüne alyp gaýtdy. Olar çölüň içi bilen üç gün ýörediler, emma hiç ýerde suw ýokdy. 23 Biraz wagtdan Marra*+ baryp ýetdiler. Ýöne ol ýeriň suwy ajy bolansoň, içip bilmediler. Şonuň üçin şol ýere Marra diýdiler. 24 Adamlar: «Biz indi suwsuz öläýmelimi?» diýip, Musa igenip başladylar+. 25 Şonda Musa Ýehowadan kömek sorady+. Ýehowa hem bir kiçiräk agajy görkezdi. Musa agajy suwa taşlady welin, suw süýji suwa öwrüldi.
Şol ýerde Hudaý halky üçin belli bir tertip-düzgüni ýola goýup, haýsy ýagdaýda nähili temmi beriljekdigini düşündirdi. Ol halkynyň ýüregini bilmek isledi*+. 26 Hudaý olara: «Eger Ýehowa Hudaýyňyzyň sözlerine ýürekden gulak assaňyz, öňümde dogry işleri etseňiz, tabşyryklaryma ünsli bolup, düzgünlerime eýerseňiz+, sizi müsürlileriň başyna gelen bela-beterlere duçar etmerin+. Men size jan-saglyk berýän Hudaýyňyz Ýehowadyryn»+ diýdi.
27 Şondan soň olar Elime baryp, çeşmäniň boýunda düşlediler. Ol ýerde 12 çeşme bilen 70 palma agajy bardy.
16 Soňra tutuş ysraýyl jemagaty Elimden ýola düşdi. Müsürden çykyp gaýdanlaryna bir aý bolanda, ýagny ikinji aýyň 15-ne Elim bilen Sinaýyň aralygyndaky Sin çölüne+ bardylar.
2 Çölde ysraýyl jemagaty Musa bilen Haruna igenip başlady+. 3 Olar: «Halky açlykdan öldürmek üçin çöle getirdiňizmi? Müsürde gazanlarymyz etden doludy+, çöregimiz boldy. Ýehowanyň elinden şol ýerde ölen bolsagam gowy bolardy»+ diýişdiler.
4 Şonda Ýehowa Musa: «Size gökden çörek ýagdyraryn+. Goý, her kim çykyp, gündeki+ iýjegini ýygnasyn. Hany göreli, olar meniň aýdanlaryma gulak asarmyka?+ 5 Altynjy gün+ beýleki günlerden iki esse köp ýygnap, ertesi günüňkini hem alyp goýsunlar»+ diýdi.
6 Musa bilen Harun halka: «Şu gün agşam sizi Müsürden çykaran Hudaýyň Ýehowadygyny bilersiňiz+. 7 Irden bolsa Ýehowanyň şöhratyny görersiňiz. Ýehowa hüňürdiňizi eşitdi. Bize hüňürdär ýaly, biz kim?» diýdiler. 8 Musa sözüni dowam edip: «Ýehowa size agşam et, irdenem çörek berer, hezil edip iýersiňiz. Şonda Ýehowanyň igenjiňizi eşidendigini bilersiňiz. Biz kimmişik? Siz bize däl, Ýehowa igenýäňiz»+ diýdi.
9 Soňra Musa Haruna: «Ysraýyl jemagatyna şeýle diý: „Ýehowanyň huzuryna ýygnanyň, sebäbi ol igenjiňizi eşitdi“»+ diýdi. 10 Harun ysraýyl jemagaty bilen gepleşip bolan badyna, olar öwrülip, çöle seretdiler. Şonda buludyň içinde Ýehowanyň şöhraty peýda boldy+.
11 Ýehowa ýene-de Musa bilen gepleşip: 12 «Ysraýyllaryň hüňürdisini eşitdim+. Olara şeýle diý: „Agşamara* et, irden bolsa gerk-gäbe doýýançaňyz çörek iýersiňiz+. Şonda siz meniň Hudaýyňyz Ýehowadygymy bilersiňiz“»+ diýdi.
13 Agşamara düşelgä birgiden bedene uçup geldi+. Irden bolsa düşelgäniň töweregine çyg düşdi. 14 Biraz wagtdan çyg bugaryp, ýerde gar ýaly, gyrawa meňzeş owunjak zat galdy+. 15 Muny gören ysraýyllar: «Bu näme-de, bu näme?» boluşdylar, sebäbi beýle zady hiç wagt görmändiler. Musa olara: «Bu Ýehowanyň beren çöregi+. 16 Ýehowa şeýle tabşyryk berýär: „Her kim iýip biljegini ýygnasyn. Her çadyrda näçe adam bar bolsa, hersine bir jamdan*+ alyň“» diýdi. 17 Ysraýyllar aýdylyşy ýaly ýygnap başladylar. Kimsi köpräk, kimsi azrak ýygnady. 18 Jam bilen ölçänlerinde, köp ýygnan adamlaryňky artyk çykmady, az ýygnanlaryňky kem bolmady+, sebäbi her kim iýjegini ýygnapdy.
19 Musa olara: «Şu günki ýygnanyňyzdan ertire hiç zat galmasyn»+ diýdi. 20 Emma käbir adamlar Musa gulak asman, ertesi güne-de galdyrdylar. Ol bolsa gurçuklap, porsady. Muny gören Musanyň olara gahary geldi. 21 Şeýlelikde, her kim ir bilen turup, özüne geregini ýygnaýardy. Gün gyzanda, ol ereýärdi.
22 Altynjy gün adam başyna iki jam edip, iki esse köp ýygnadylar+. Halkyň baştutanlary gelip, muny Musa habar berdiler. 23 Şonda ol: «Ýehowa şeýle diýýär: „Ertir hiç hili iş etmän, dynç alarsyňyz, sebäbi ertir Ýehowanyň mukaddes Sabat güni*+ bolar. Näme biş-düş+ etjek bolsaňyz, şu gün ediň. Bişiren zatlaryňyzdan ertire-de aýryp goýuň“» diýdi. 24 Olar Musanyň aýdyşy ýaly, bişiren zatlaryndan ertesi güne hem goýdular. Emma ol ne porsady, ne-de gurçuklady. 25 Soňra Musa: «Aýryp goýan zatlaryňyzy iýiberiň, sebäbi bu gün Ýehowanyň Sabat günüdir. Şu gün ýerden hiç zat tapmarsyňyz. 26 Ony alty gün ýygnarsyňyz. Ýedinji gün, ýagny Sabat güni+ hiç zat tapmarsyňyz» diýdi. 27 Şonda-da käbir adamlar ýedinji gün ýygnamaga çykdylar, ýöne hiç zat tapmadylar.
28 Ýehowa Musa: «Siz haçana çenli meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy bozup ýörjek?+ 29 Ýehowanyň size Sabat gününi berendigini unutmaň+. Ine, şonuň üçin ol altynjy gün iki günlük çörek berýär. Ýedinji gün her kim öýünde otursyn, hiç ýere çykmasyn» diýdi. 30 Şeýdip, halk ýedinji gün Sabat güni baradaky görkezmelere eýerip başlady+.
31 Ysraýyllar çörege «manna»* diýdiler. Ol kinzanyň tohumy ýaly akdy, bal goşup bişirilen ýukajyk gatlaklynyň tagamyny berýärdi+. 32 Musa halka: «Ýehowa şeýle tabşyryk berýär: „Bir jam mannany ýadygärlik üçin saklaň. Sizi Müsürden çykaryp, çölde beren çöregimi geljekki nesilleriňiz hem görsün“»+ diýdi. 33 Soňra ol Haruna: «Küýzä bir jam manna guý-da, nesilden-nesle saklar ýaly, Ýehowanyň huzurynda goý»+ diýdi. 34 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, Harun mannany ýadygärlik edip saklamak üçin sandygyň*+ öňünde goýdy. 35 Ysraýyllar wada edilen ýurda girýänçäler+, 40 ýyllap+ manna iýdiler. Olar Kenganyň serhedine+ barýançalar, manna iýdiler. 36 Mannany ölçemek üçin ulanylan jam iki litre* barabardy.
17 Bütin ysraýyl jemagaty Sin çölünden+ ýola düşdi. Ýehowanyň görkezmesi bilen+, olar her ýerde düşläp, ahyry Repidime bardylar+. Emma ol ýerde suw ýokdy.
2 Adamlar: «Içmäge suw ber!» diýip, Musa bilen dawalaşyp başladylar+. Şonda ol: «Meniň bilen nämä dawalaşýaňyz? Ýehowany näme üçin gaýta-gaýta synaýaňyz?»+ diýdi. 3 Emma halk şeýle suwsapdy welin, olar Musa igenip+: «Bizi Müsürden näme üçin alyp gaýtdyň? Çagalarymyz, mal-garamyz bilen suwsuz öldürjek bolýaňmy?» diýişdiler. 4 Ahyry Musa Ýehowa perýat edip: «Men indi halky näme edeýin? Bu gidişine gitse, meni daşlap öldürjekler-ä!» diýdi.
5 Şonda Ýehowa: «Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesini al-da, halkyň öňünden Horebe git. Nil derýasyna+ uran hasaňy hem al. 6 Men Horepdäki gaýada öňüňde duraryn. Gaýa urarsyň welin, suw çykar. Adamlaram ondan içer»+ diýdi. Musa ysraýyl ýaşulularynyň gözüniň alnynda şeýle etdi. 7 Musa şol ýere Messa*+ we Meriba*+ diýdi. Sebäbi ysraýyllar Musa bilen dawalaşyp: «Ýehowa biziň aramyzdamy ýa ýok?» diýip, Ýehowany synadylar+.
8 Biraz wagtdan amalekler+ Repidime gelip, ysraýyllaryň üstüne çozdular+. 9 Şonda Musa Ýuşa+: «Halkyň arasyndan adam saýla-da, amaleklere garşy söweşe çyk. Men hem hak Hudaýyň aýdyşy ýaly, hasamy alyp, ertir depäniň üstünde duraryn» diýdi. 10 Ýuşa Musanyň aýdyşy ýaly+, amaleklere hüjüm etdi. Musa, Harun we Hur+ üçüsi bolsa depä çykdylar.
11 Musa elini ýokaryk galdyranda, ysraýyllar ýeňýärdi, aşak goýberende bolsa amalekler ýeňýärdi. 12 Musanyň eli ysgyndan gaçyp başlady. Şonda Harun bilen Hur daş getirip, Musany oturtdylar-da, hersi bir tarapynda durup, tä Gün ýaşýança, onuň ellerini saklap durdular. 13 Şeýdip, Ýuşa amalekleriň goşunyny gylyçdan geçirip, derbi-dagyn etdi+.
14 Ýehowa Musa: «Muny ýatlamak üçin kitaba ýaz-da, Ýuşa şeýle diý: „Men amalekleri ýer ýüzünden bütinleý ýok ederin. Olar gaýdyp hiç wagt ýatlanmaz“»+ diýip tabşyrdy. 15 Şonda Musa gurbanlyk ojagyny* gurup, adyna Ýehowa-nissi* goýdy. 16 Musa: «Amalekler Ýahyň+ tagtyna el galdyrdy, indi Ýehowa olar bilen nesilden-nesle söweşer»+ diýdi.
18 Musanyň gaýynatasy Şugaýyp Midýanyň ruhanysydy+. Ol Ýehowa Hudaýyň Musa we ysraýyl halky üçin nämeleri edendigini, olary Müsürden nädip çykarandygyny eşitdi+. 2 Musa aýalyny atasy öýüne iberipdi. Biraz wagtdan Şugaýyp gyzy Sefurany, 3 iki agtygyny+ alyp, ýola düşdi. Musa: «Ýat ýurtda sergezdan boldum» diýip, uly oglunyň adyna Gerşom*+ dakypdy. 4 Kiçi ogly doglanda bolsa: «Atamyň Hudaýy kömekçimdir, ol meni faraonyň gylyjyndan+ halas etdi» diýip, adyna Alygezer* goýupdy.
5 Şeýdip, Musanyň gaýynatasy Şugaýyp gyzyny we agtyklaryny alyp, çöle Musanyň ýanyna geldi. Şol wagt Musa hak Hudaýyň dagynda düşläpdi+. 6 Şugaýyp Musa: «Gaýynataň Şugaýyp+ aýalyňy hem iki ogluňy alyp, ýanyňa barýar» diýip habar ýollady. 7 Musa dessine gaýynatasynyň öňünden çykyp, tagzym etdi-de, gujaklap ogşady. Olar saglyk-amanlyk soraşyp, çadyra girdiler.
8 Musa Ýehowanyň ysraýyl halkyny faraonyň we müsürlileriň elinden halas edişini+, ýolda gören kynçylyklaryny+ we Ýehowanyň olary goraýşyny gaýynatasyna birin-birin gürrüň berdi. 9 Şugaýyp Ýehowanyň ysraýyllary Müsürden çykaryp eden ýagşylyklaryna begenip: 10 «Sizi müsürlileriň we faraonyň elinden halas eden, halkyny Müsür gulçulygyndan çykaran Ýehowa şöhrat bolsun! 11 Indi Ýehowanyň ähli taňrylardan beýikdigine göz ýetirdim+. Ol halkyny ezen duşmanlary, gör, ne günlere salypdyr!» diýdi. 12 Soňra Musanyň gaýynatasy Şugaýyp Hudaýa ýakma gurbanlygyny we başga-da gurbanlyklary berdi. Harun we ysraýyl ýaşululary hak Hudaýyň öňünde Musanyň gaýynatasy bilen naharlandylar.
13 Ertesi Musa hemişekisi ýaly, halka kazylyk etmäge oturdy. Irdenden agşama çenli ýanyna gelip gidýänleriň yzy üzülmeýärdi. 14 Musanyň gaýynatasy muny görüp: «Halky näme beýdip köseýäň? Munça adama näme üçin ýeke özüň kazylyk edýäň? Adamlar ertirden agşama çenli aýak üstünde dur ahyryn» diýdi. 15 Şonda Musa: «Adamlar ýanyma Hudaýdan maslahat soramaga gelýär. 16 Aralarynda dawa bolsa, kimiň haklydygyny çözüp, olara hak Hudaýyň hökümlerini we kanunlaryny+ aýdýaryn» diýdi.
17 Gaýynatasy bolsa: «Muny başgaçarak etseň gowy bolar. 18 Ýogsam özüňi-de, halky-da kösärsiň. Beýle agyr ýük ýeke özüňe başartmaz. 19 Diňleseň, bir maslahat bereýin. Hudaý hem seni goldar+. Dogry, sen halkyň adyndan hak Hudaýa ýüz tutmaly+. Olaryň dawasyny hak Hudaýa ýetirmeli+. 20 Sen olara Hudaýyň kanunlaryny, tabşyryklaryny+ aýdyp, ýöremeli ýollaryny we etmeli işlerini öwretmeli. 21 Ýöne halkyň arasyndan Hudaýdan gorkýan, başarjaň+, haram gazanjy ýigrenýän+, ynamdar adamlary saýlap, olary müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belleseň+ gowy bolar. 22 Bir mesele ýüze çyksa, olar halka kazylyk etsinler. Çözüp bilmeseler, saňa aýtsynlar+. Kiçiräk zatlary özleri çözsün. Olara iş tabşyrsaň, ýüküň ýeňlär+, özüňe aňsat bolar. 23 Şeýtseň, Hudaý ýol berse, ähli işiň hötdesinden gelersiň, adamlar hem razy bolup gider» diýdi.
24 Musa gaýynatasyna gulak asyp, haýal etmän ähli zady aýdyşy ýaly etdi. 25 Ol ysraýyllardan başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip goýdy. 26 Şeýlelikde, olar halka kazylyk edip, ýüze çykan meselelere seredip başladylar. Çözüp bilmeseler, Musa habar berdiler+. Kiçiräk meseleleri bolsa özleri çözdüler. 27 Soňra Musa gaýynatasyny+ ugratdy, ol hem ýurduna gaýtdy.
19 Ysraýyllar Müsürden çykyp gaýdanlaryndan soň, üçünji aýda Sinaý çölüne bardylar. 2 Repidimden+ gaýdan halk Sinaý çölüne gelip, dagyň öňünde düşledi+.
3 Musa daga çykyp, hak Hudaýyň huzurynda durdy. Şonda Ýehowa dagdan+ seslenip: «Ýakubyň nesillerine, Ysraýylyň ogullaryna şeýle diý: 4 „Bürgüdiň jüýjelerini ganatynda göterişi deý, sizi huzuryma+ getirmek üçin müsürlileri ne güne salanymy+ gözüňiz bilen gördüňiz. 5 Indi sözüme ýürekden gulak asyp, ähtimi berjaý etseňiz, sizi ähli halklaryň arasyndan eziz halkym* edip saýlaryn+, sebäbi bütin ýer ýüzi meniňki+. 6 Siz meniň üçin ruhanylaryň patyşalygy we mukaddes halk bolarsyňyz“+. Ine şu zatlary ysraýyllara aýt» diýdi.
7 Musa dagdan düşüp, ysraýyl ýaşulularyny ýygnady-da, Ýehowanyň tabşyran zatlaryny aýtdy+. 8 Şonda halk biragyzdan: «Ýehowanyň ähli aýdan zadyny ederis»+ diýdi. Musa dessine olaryň sözlerini Ýehowa ýetirdi. 9 Ýehowa Musa: «Gara bulut içinde ýanyňa gelip, seniň bilen gepleşerin. Adamlar sesimi eşidip, saňa hemişe ynanarlar» diýdi. Musa halkyň sözlerini ýene-de Ýehowa ýetirdi.
10 Şonda Ýehowa: «Git-de, halka aýt, olar şu gün we ertir özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwsunlar. 11 Birigüne taýyn bolsunlar, sebäbi şol gün Ýehowa halkyň gözüniň alnynda Sinaý dagyna iner. 12 Dagyň töweregine araçäk aýla-da, halka: „Daga çykaýmaň, araçäkden geçmäň. Kimde-kim daga aýak bassa, hökman öldüriler. 13 Şu tabşyrygy bozan adama eliňizi-de degirmän, daşlap ýa-da ok atyp* öldüriň. Ol ynsan bolsa-da, haýwan bolsa-da, hökman öldüriler“+ diý. Ýöne surnaý* sesini+ eşitseler, dagyň golaýyna gelip bilerler» diýdi.
14 Musa aşak düşüp, halkyň ýanyna bardy-da, olara özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwmagy tabşyrdy+. 15 Ol halka: «Birigüne taýyn boluň. Aýalyňyza ýanaşmaň*» diýdi.
16 Üçünji gün diýlende, irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Dagyň depesini gara bulut büräp+, güýçli surnaý sesi ýaňlandy. Düşelgedäki adamlar gorkudan ýaňa sandyraşyp başladylar+. 17 Musa halky düşelgeden alyp gaýdyp, hak Hudaýyň huzuryna getirdi. Olar dagyň eteginde durdular. 18 Sinaý dagyny tüsse gaplap alypdy, sebäbi Ýehowa lowlap duran ýalyn+ içinde aşak inipdi. Dag ojak ýaly gara tütün bolup, güýçli sarsýardy+. 19 Surnaýyň sesi gitdigiçe güýjeýärdi. Musa gepleýärdi, hak Hudaý bolsa jogap berýärdi.
20 Ýehowa Sinaý dagynyň depesine indi. Ýehowa Musany dagyň depesine çagyrdy, ol hem ýokaryk çykdy+. 21 Ýehowa Musa: «Aşak düş-de, halka duýdur, Ýehowany görjek bolup, araçäkden geçmesinler, ýogsam köpüsi heläk bolar. 22 Ýehowa hyzmat edýän ruhanylar* hem özlerini tämizlesin, ýogsam Ýehowa olary heläk eder»+ diýdi. 23 Şonda Musa Ýehowa: «Adamlar Sinaý dagyna çykmaz, sen: „Dagyň töweregine araçäk aýlap, mukaddes et“ diýip tabşyrypdyň ahyryn»+ diýdi. 24 Emma Ýehowa: «Aşak düş-de, Haruny alyp gel. Ýöne ruhanylar bilen adamlar Ýehowanyň ýanyna daga çykmasyn, ýogsam baryny heläk ederin»+ diýdi. 25 Şeýlelikde, Musa halkyň ýanyna baryp, Hudaýyň aýdan zatlaryny habar berdi.
20 Soňra Hudaý şeýle tabşyryklary berdi+:
2 «Men sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Hudaýyňyz Ýehowa+. 3 Menden başga hudaýyňyz bolmasyn+.
4 Asmandaky, ýerdäki, suwdaky hiç bir zadyň butuny ýa şekilini ýasamaň+. 5 Olara tagzym etmäň, sežde etmäň*+. Sebäbi men, Hudaýyňyz Ýehowa, ýürekden wepaly bolmagy talap edýärin*+. Meni ýigrenýän atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýärin. 6 Meni söýüp, tabşyryklarymy berjaý edýänlere+ bolsa müňlerçe* nesline çenli ýagşylyk edýärin*.
7 Ýehowa Hudaýyňyzyň adyny biderek ýere* tutmaň+. Ýehowa adyny biderek ýere tutýanlary jezasyz goýmaz+.
8 Sabat gününi hemişe mukaddes hasaplaň+. 9 Ähli işiňizi alty günde ediň+. 10 Ýedinji gün Ýehowa Hudaýyňyza bagyşlanan Sabat günüdir. Şol gün hiç hili iş etmäň, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, mal-garalaryňyz, araňyzda ýaşaýan gelmişekler hem işlemeli däldir+. 11 Ýehowa ýeri-gögi, deňzi we olardaky zatlary alty günde ýaradyp, ýedinji gün dynç alyp başlady+. Şonuň üçin Ýehowa Sabat gününi saýlap, mukaddes etdi.
12 Ene-ataňyza hormat goýuň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda uzak ýaşarsyňyz+.
13 Adam öldürmäň+.
15 Ogurlyk etmäň+.
16 Hiç kime garşy ýalan şaýatlyk etmäň+.
17 Biriniň öýüne, aýalyna+, gul-gyrnagyna, öküzine, eşegine, hiç zadyna göz gyzdyrmaň»+.
18 Adamlar gök gürläp, ýyldyrym çakyşyny we dagyň tüsseleýşini görüp, surnaý* sesini eşidip durdylar. Olar gorkudan ýaňa titräp, daga golaýlaşyp bilmediler+. 19 Olar Musa: «Biz bilen özüň gepleşäý, saňa gulak asarys. Hudaý gepleşmesin, ýogsam barymyz heläk bolarys»+ diýdiler. 20 Şonda Musa: «Howsala düşmäň! Hak Hudaý siziň gulak asyşyňyzy barlap görmek üçin geldi+. Hudaýdan gorkuň, günä etmäň»+ diýdi. 21 Adamlar uzakda durdylar, Musa bolsa gara buludyň golaýyna, hak Hudaýyň ýanyna bardy+.
22 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Ysraýyllara şu sözlerimi ýetir: „Siz bilen gökden gepleşenimi görensiňiz+. 23 Özüňize altyn-kümüşden taňry ýasamaň. Menden başga hudaýa sežde etmäň+. 24 Maňa toprakdan gurbanlyk ojagyny* ýasap, mal-garaňyzdan ýakma we parahatlyk gurbanlyklary hödürläň. Haýsy ýeri maňa sežde etmek* üçin saýlasam, şol ýere+ baryp, size bereket bererin. 25 Gurbanlyk ojagyny daşdan gurjak bolsaňyz, ýonulan daşlary ulanmaň+. Ýonulan daşdan gursaňyz haram bolar. 26 Gurbanlyk ojagyma basgançak ýasamaň. Ýogsam ýokaryk çykanyňyzda, uýat ýeriňiz görner“.
21 Halka şu hökümlerimi-de aýt+:
2 Eger ýewreý guly satyn alsaňyz+, ol alty ýyl hyzmat etsin. Ýedinji ýyl hiç zat tölemän, azatlyga çykyp biler+. 3 Gul ýeke gelen bolsa, ýeke gitsin. Aýaly bilen gelen bolsa, ony-da äkitsin. 4 Eger hojaýyny guluny öýlendirse, onuň hem çagalary bolsa, aýaly bilen çagalary hojaýynyňky bolar. Azatlyga çykanda, guluň ýeke özi gitsin+. 5 Emma gul: „Men hojaýynymy, aýalymy hem çagalarymy gowy görýärin, olardan aýrylasym gelenok“+ diýip dursa, 6 hojaýyn guluny hak Hudaýyň huzuryna getirip, gapynyň ýa-da bosaganyň öňünde temen bilen gulagyny deşsin. Şondan soň ol bütin ömrüne hojaýynyna gul bolar.
7 Eger biri gyzyny gyrnak edip satsa, gyz beýleki gullar ýaly azatlyga çykyp bilmez. 8 Hojaýyny gyrnagy halaman, aýal edip almasa we birine satjak bolsa, başga milletli adama satmaga haky ýokdur. Sebäbi ol gyrnagyna haýynlyk edýändir. 9 Eger ol gyrnagy ogluna alyp berjek bolsa, ony gyzy ýaly görmelidir*. 10 Başga aýal alsa-da, birinji aýalynyň iýjegini, geýjegini ýetirip durmalydyr we är-aýallyk borjundan* mahrum etmeli däldir+. 11 Eger ol şol üç zady etmese, onda gyrnak hiç zat tölemän, azatlyga çykyp biler.
12 Birini urup öldüren adamyň özi-de öldürilsin+. 13 Emma ol muny tötänden eden bolsa, meniň saýlan ýerime gaçyp biler. Sebäbi ol bilgeşleýin adam öldürmedi+, hak Hudaý muňa ýol berendir. 14 Ýöne gahar-gazap bilen bilgeşleýin adam öldüren ganhor hökman öldürilsin+. Ol gurbanlyk ojagymyň* ýanynda duran bolsa-da, äkidip öldüriň+. 15 Ene-atasyna el galdyran adam hem öldürilsin+.
16 Adam ogurlap+ satýan+ ýa-da ogurlanan adamy öýünde saklaýan kişi öldürilsin+.
17 Ene-atasyna dil ýetiren* adam öldürilsin+.
18 Iki adam dawalaşyp durka, biri beýlekisini daş bilen ursa ýa-da ýumruklasa*, ol hem ölmän galyp, düşekde ýatsa, 19 soň aýaga galyp, pişekli içeri-daşary çykyp başlasa, onda uran adama jeza berilmesin. Ýöne ol birini ýaralap, işden goýany üçin, ýetiren zyýanynyň öwezini dolsun, hassa aýaga galýança ony eklesin.
20 Kim guluny ýa gyrnagyny taýaklap öldürse, hökman jeza berilsin+. 21 Ýöne gul ýa gyrnak ölmän galyp, birki gün ýaşasa, hojaýyna jeza bermeli däldir. Sebäbi hojaýyny ony pula satyn alypdy.
22 Iki adam urşup durka, olaryň biri tötänlikde göwreli aýaly ursa, ol hem wagtyndan öň dogursa+, ýöne özüne-de, çagasyna-da hiç zat bolmasa, onda günäkär adam kazylaryň öňünde+ aýalyň äriniň aýdan puluny tölesin. 23 Ýöne aýal ýa-da çagasy ölse, onda jan ýerine jan alyp, ganhory hem öldüriň+. 24 Göz ýerine göz, diş ýerine diş, el ýerine el, aýak ýerine aýak+, 25 ýanyk ýerine ýanyk, ýara ýerine ýara, urgy ýerine urgy bilen jeza berilsin.
26 Biri öz guluny ýa gyrnagyny urup, kör etse, gözüne zyýan ýetireni üçin, ony azat etsin+. 27 Eger ol guluny ýa gyrnagyny urup, dişini döwse, dişini döweni üçin azat etsin.
28 Biriniň öküzi bir erkegi ýa aýaly süsüp öldürse, şol öküz daşlanyp öldürilsin+, eti iýilmesin. Emma öküziň eýesine jeza berilmesin. 29 Ýöne öküz süsek bolsa, eýesine aýdylsa-da, ol öküzini daňyp saklamasa, öküz hem bir erkegi ýa-da aýaly süsüp öldürse, öküz daşlanyp öldürilsin, eýesi-de ölüme höküm edilsin. 30 Eger öküziň eýesine jerime salynsa, ol aýdylan puly töläp, janyny halas edip biler. 31 Öküz biriniň ogluny ýa gyzyny süsüp öldürse-de, öküziň eýesine şu kanuna görä çäre görülsin. 32 Eger öküz biriniň guluny ýa gyrnagyny süsüp öldürse, öküziň eýesi onuň hojaýynyna 30 şekel* kümüş bersin, öküz hem daşlanyp öldürilsin.
33 Eger biri çukuryň üstüni açyp goýsa ýa-da gazan çukurynyň üstüni ýapmasa, oňa-da biriniň öküzi ýa eşegi gaçsa, 34 çukuryň eýesi ýetiren zyýanynyň öwezini dolsun+. Ol malyň eýesine bahasyny töläp, maslygyny özüne alyp biler. 35 Biriniň öküzi başga biriniň öküzini süsüp öldürse, olar diri öküzi satyp, bahasyny deň bölüşsinler, ölen maly hem paýlaşsynlar. 36 Ýöne eýesi öküziniň süsekdigini bilibem, daňyp saklamadyk bolsa, ol ölen öküziň ýerine öküz bermelidir. Ölen malyň maslygyny bolsa özüne alsyn.
22 Bir adam öküz ýa goýun ogurlap soýsa ýa-da satsa, bir öküze derek bäş öküz, bir goýna derek dört goýun bersin+.
2 Eger ogry+ gije öýe girip, ogurlyk edip durka tutulsa we urlup öldürilse, öldüren adam ganhor hasaplanmasyn. 3 Ýöne ogry gündiz* tutulyp öldürilse, onda öldüren adam ganhor hasaplanar.
Ogry ýetiren zyýanynyň öwezini dolsun. Bermäge zady ýok bolsa, gul edip satylsyn. 4 Eger mal ogrynyň öýünden diri tapylsa, öküz bolsun, eşek bolsun ýa-da goýun, ogry maly iki esse edip gaýtarmalydyr.
5 Bir adam mallaryny otlukda ýa üzümlikde bakyp ýörkä, olary başga biriniň ekinine goýberse, ýetiren zyýany üçin öz ekininiň ýa üzümliginiň iň gowy hasylyny bermelidir.
6 Eger biri ot ýaksa, ol hem ýandaga düşüp tutaşsa we desselenip goýlan ýa ösüp oturan bugdaýlary, ýa-da bütin ekini ýakyp kül etse, ot ýakan adam ýetiren zyýanynyň öwezini dolsun.
7 Bir adam puluny ýa zadyny başga birine saklamaga berse, ol hem onuň öýünden ogurlansa we ogry tapylsa, ogry alan zadyny iki esse edip gaýtarsyn+. 8 Eger ogry tapylmasa, onda öý eýesini hak Hudaýyň öňüne+ getirip, amanat zada el urup-urmandygyny anyklaň. 9 Öküziň, eşegiň, goýnuň, egin-eşigiň ýa-da başga bir ýiten zadyň üstünde dawa turup, dawagäriň biri: „Bu meniňki!“ diýip, beýlekini ogurlykda aýyplasa, ikisi-de hak Hudaýyň öňüne barmalydyr+. Hudaý kimi günäkär hasaplasa, ol alan zadyny iki esse edip gaýtarmaly bolar+.
10 Bir adam eşegini, öküzini, goýnuny ýa başga malyny birine saklamaga berse, ýöne mal ölse, ýaralansa ýa-da hiç kim görmänkä ogurlansa, 11 amanat maly saklan adam iliň zadyna el urmandygyna güwä geçip, Ýehowanyň öňünde ant içsin. Malyň eýesi onuň aýdanyna ynansyn. Beýleki adam hiç zat tölemeli däldir+. 12 Ýöne ol mala göz-gulak bolman ogurladan bolsa, malyň öwezini dolsun. 13 Eger maly ýabany haýwan parçalan bolsa, subutnama hökmünde maslygyny getirsin. Ýabany haýwanyň penjesine düşen mal üçin hiç zat tölemeli däldir.
14 Biri başga biriniň malyny wagtlaýyn alsa, mal hem eýesi ýokka ýaralansa ýa ölse, maly alan adam öwezini dolsun. 15 Ýöne şol wagt eýesi ýanynda bolsa, maly wagtlaýyn alan adam hiç zat tölemeli däldir. Mal amanat* bolsa, onda tölenen hak ýetirilen zyýanyň öwezini dolar.
16 Kimdir biri özüne adagly bolmadyk gyzyň gözüni-başyny aýlap, onuň bilen ýatsa, galyň geçirip, gyza öýlensin+. 17 Emma kakasy gyzyny bermäge çürt-kesik garşy bolsa, ol şonda-da galyňa deň pul tölesin.
18 Jadygöý aýallary diri galdyrmaň+.
19 Haýwana ýanaşan* adamy hökman öldüriň+.
20 Ýehowadan başga hudaýa gurbanlyk berýän adam ölüme höküm edilsin+.
21 Gelmişegi kemsitmäň, sütem etmäň+. Siz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz+.
22 Dul aýala we ýetime ýowuz daraşmaň*+. 23 Ýowuz daraşsaňyz, olar hem maňa perýat etse, dady-perýadyny hökman eşiderin+. 24 Gaharyma baryňyzy gylyçdan geçirerin. Şonda aýallaryňyz dul, çagalaryňyz ýetim galar.
25 Halkymdan bir garyp biçärä karz berseňiz, süýthorlar* ýaly göterimine bermäň+.
26 Birine karz bereniňizde, ýapynjasyny girewine alsaňyz+, Gün batmanka yzyna beriň. 27 Sebäbi onuň başga zady ýokdur. Ol gije näme ýapynyp ýatsyn?+ Eger ol maňa perýat etse, hökman eşiderin, sebäbi men rehim-şepagatlydyryn*+.
28 Hudaýa dil ýetirmäň+, halkyň baştutanyna gargamaň+.
29 Bol hasylyňyzdan we dolup-daşýan şerabyňyzdan, ýagyňyzdan gurban bereniňizde, göwünli-göwünsiz bermäň*+. Nowbahar ogullaryňyzy maňa bagyş ediň+. 30 Sygyrlaryň, goýunlaryň ilkinji doglanyny+ ýedi gün enesiniň ýanynda saklap, sekizinji gün maňa getirip beriň+.
31 Siz meniň mukaddes halkym bolmalysyňyz+. Ýyrtyjy haýwanyň parçalan malynyň etini iýmäň+, itlere beriň.
23 Ýalan gep-gürrüň ýaýratmaň+. Erbet adama şärik bolup, ýalan şaýatlyk etmäň+. 2 Köpçülige goşulyp, erbetlik etmäň. Şaýatlyk edeniňizde, köpçüligiň tarapyny tutup, adalatsyzlyk etmäň. 3 Garybyň dawasyny çözeniňizde, adam saýlamaň+.
4 Duşmanyň ýiten öküzini ýa eşegini tapsaň, eltip ber+. 5 Sizi ýigrenýän adamyň eşeginiň agyr ýükden ýaňa çökendigini görseňiz, görmediksirän bolup geçip gitmäň. Eşeginden ýüküni düşürişiň+.
6 Garyp-gasarlaryň işine seretseňiz, adalatsyzlyk etmäň+.
7 Hiç kime töhmet atmaň, bigünä we halal* adamy öldürmäň, sebäbi men beýle erbetlige göz ýummaryn*+.
8 Para almaň, sebäbi para paýhasly adamyň-da gözüni gapýandyr, dogruçyl adama-da ýalan sözledýändir+.
9 Gelmişege sütem etmäň. Ýat ýurtda sergezdan bolmagyň kyndygyny gowy bilýänsiňiz, sebäbi siz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz+.
10 Alty ýyl ekin ekip, hasyl alyň-da+, 11 ýedinji ýyl hiç zat ekmäň, topraga dynç beriň. Şol ýyl öz-özünden gögeren zady garyp-gasarlar iýer, olardan galany bolsa ýabany haýwanlara iýmit bolar. Üzüm we zeýtun baglaryňyzy hem şeýle ediň.
12 Alty gün işläp, ýedinji gün dynç alyň+. Şonda öküzleriňize, eşekleriňize dynç berersiňiz, gullaryňyz* bilen araňyzdaky gelmişekler hem güýç toplar.
13 Ähli tabşyryklarymy gyşarnyksyz berjaý ediň+. Araňyzda başga taňrylary agzamaň, adyny-da tutmaň+.
14 Ýylda üç gezek meniň şanyma baýramçylyk belläň+. 15 Petir baýramyny+ belläp, tabşyryşym ýaly, ýedi günläp petir* iýiň. Muny abyp* aýynda+ bellenen wagtda ediň, sebäbi Müsürden şol aýda çykypdyňyz. Hiç kim huzuryma eli boş gelmesin+. 16 Topraga zähmet siňdirip eken zatlaryňyzyň ilkinji hasylyny alyp, Galla baýramyny* belläň+. Ýylyň ahyrynda bolsa daban azabyňyzdan önen hasyly ýygnap, Hasyl baýramyny* belläň+. 17 Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek beýik Hökümdar Ýehowanyň huzuryna gelsin+.
18 Maňa gurbanlyk berilýän malyň ganyny hamyrmaýaly zat bilen hödürlemäň. Baýramçylyklarda berilýän gurbanlygyň ýagy ertire galmasyn.
19 Ekiniň ilkinji gowy miwelerini Ýehowa Hudaýyňyzyň öýüne getiriň+.
Owlagy enesiniň süýdünde gaýnatmaň+.
20 Ine, öňüňizden perişdämi iberýärin+. Ol sizi ýolboýy gorap, taýýarlan ýerime elter+. 21 Ony ünsli diňläp, aýdanyna gulak asyň. Oňa garşy çyksaňyz, etmişiňizi bagyşlamaz+, sebäbi ol meniň adymy göterýär. 22 Eger onuň sözünden çykman, ähli zady aýdyşym ýaly etseňiz, duşmanlaryňyza duşman bolup, size garşy çykýanlara garşy çykaryn. 23 Perişdäm öňüňize düşüp, sizi amorlaryň, hetleriň, perizleriň, kenganlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna äkider. Men şol milletleri gyraryn+. 24 Olaryň taňrylaryna tagzym etmäň, sežde etmäň*, däp-dessurlaryna-da eýermäň+. Gaýtam butlaryny ýok edip, keramatly sütünlerini kül-owram ediň+. 25 Ýehowa Hudaýyňyza gulluk etseňiz+, men iýjek-içjegiňizi ýetirip duraryn+, keselçiligi araňyzdan aýraryn+. 26 Ýurduňyzda ýaşaýan aýallaryň hiç biriniň çagasy düşmez ýa önelgesiz bolmaz+. Size uzak ömür bererin.
27 Siz heniz barmankaňyz, şol ýurtda ýaşaýan halklary menden gorkar ýaly ederin+. Size garşy çykan halklary aljyraňňylyga salaryn, duşmanlaryňyzy gyrgyna berip, aýagaldygyna gaçar ýaly ederin+. 28 Ol ýere barmankaňyz, duşmanlaryňyzy güýçden gaçyryp*+, hiwileri, kenganlary we hetleri öňüňizden kowup çykararyn+. 29 Ýöne muny bir ýylyň içinde etmerin. Sebäbi ýurt ilatsyz galsa, ýyrtyjy haýwanlardan dolup, ýaşar ýaly bolmaz+. 30 Siz köpelip, tutuş ýurdy eýeleýänçäňiz, duşmanlary ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykararyn+.
31 Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine* we çölden Ýewfrat derýasyna çenli aralyga çäk goýaryn+. Şol ýerdäki ähli halklary eliňize bererin, olary kowup çykararsyňyz+. 32 Olaryň özleri bilen-de, taňrylary bilen-de äht baglaşmaň+. 33 Olar ýurduňyzda ýaşamasyn, ýogsam size günä etdirerler. Eger olaryň taňrylaryna sežde etseňiz, olar size duzak bolar»+.
24 Ýehowa Musa: «Haruny, Nadaby, Abyhuwy+ we 70 ýaşulyny alyp, ýanyma daga çyk. Uzagrakda durup, maňa sežde ediň. 2 Ýöne Ýehowanyň huzuryna ýeke özüň gel, beýlekiler golaýlaşmasyn. Halk seniň bilen daga çykmasyn»+ diýdi.
3 Musa gelip, Ýehowanyň ähli sözlerini we hökümlerini halka ýetirdi+. Olar hem biragyzdan: «Ýehowanyň ähli tabşyrygyny berjaý ederis»+ diýdiler. 4 Musa Ýehowanyň hemme sözlerini ýazyp aldy+. Ertesi ir bilen turup, dagyň eteginde gurbanlyk ojagyny* gurdy-da, ysraýyl halkynyň 12 taýpasyna görä, 12 daşy ýadygärlik edip goýdy. 5 Soňra ysraýyl ýigitlerinden käbirini saýlap, Ýehowa ýakma gurbanlyklary we öküzlerden parahatlyk gurbanlyklary+ bermegi tabşyrdy. 6 Musa gurbanlyklaryň ganynyň ýarysyny jamlara guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk ojagynyň üstüne sepdi. 7 Soňra äht kitabyny alyp, halka okap berdi+. Olar hem: «Ýehowanyň ähli tabşyrygyny berjaý edip, tabyn bolarys»+ diýdiler. 8 Musa gany alyp, halkyň üstüne sepdi-de+: «Şu kitapda ýazylan sözleriň esasynda Ýehowa siz bilen äht baglaşýar. Üstüňize sepen ganym ähti güýje girizýär»+ diýdi.
9 Musa, Harun, Nadap, Abyhuw we halkyň 70 ýaşulusy daga çykyp, 10 Ysraýyl Hudaýyny gördüler+. Hudaýyň aýagynyň astyna ýakut daşyna we asmana meňzeş dup-dury zat düşelendi+. 11 Hudaý ysraýyl ýolbaşçylaryny heläk etmedi+. Olar görnüşde* hak Hudaýy görüp, iýip içdiler.
12 Ýehowa Musa: «Ýokarrak çyk-da, huzuryma gel. Halka öwreder ýaly, kanunlarymy we tabşyryklarymy daş böleklerine ýazyp bereýin»+ diýdi. 13 Musa kömekçisi Ýuşa+ bilen ýerinden turup gitdi. Şeýdip, Musa hak Hudaýyň dagyna çykdy+. 14 Ol ysraýyl ýaşulularyna: «Biz gelýänçäk, bärde garaşyň+. Harun bilen Hur+ ýanyňyzda galar. Bir mesele ýüze çyksa, şolara ýüz tutaýyň»+ diýdi. 15 Musa ýokaryk çykan badyna, dagy bulut gurşap aldy+.
16 Sinaý dagy+ Ýehowanyň şöhratyndan dolupdy+. Dagyň üstüni alty günläp bulut örtdi. Ýedinji gün Hudaý buludyň içinden Musa ýüzlendi. 17 Ýehowanyň şöhratyny synlaýan ysraýyllara dagyň depesinde ot lowlap ýanýan ýaly bolup görünýärdi. 18 Musa buludyň içine girip, daga çykdy+. Ol 40 gije-gündizläp dagda boldy+.
25 Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt, maňa sadaka bersinler. Her kimiň göwnünden çykaryp beren sadakasyny alyň+. 3 Olardan şu zatlary sadaka hökmünde ýygnaň: altyn+, kümüş+, mis+, 4 gök ýüplük, badam reňkli ýüň, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr*, geçi ýüňi, 5 gyzyl reňke boýalan goç derisi, düwleniň* derisi, akasiýa agajy+, 6 şem üçin ýag+, mukaddes ýag+ bilen hoşboý ysly tütetgi üçin balzam+, 7 öňlüge*+ we gursakça dakylýan oniks hem-de gymmatbaha gaşlar+. 8 Olar maňa sežde etmek üçin mukaddes çadyr gursun. Men olaryň arasynda mesgen tutaryn+. 9 Çadyry we içindäki ähli zady görkezjek nusgama görä ýasaň+.
10 Akasiýa agajyndan sandyk ýasaň. Uzynlygy iki ýarym, ini bir ýarym, beýikligi hem bir ýarym tirsek* bolsun+. 11 Sandygy tutuşlygyna sap altyna gapla+. Içine-daşyna altyn çaýyp, agzynyň daş-töweregine altyndan nagyş sal+. 12 Sandyga altyndan dört halka ýasap, her aýagynyň ýokarsyna berkit. Iki halka sandygyň bir tarapynda, ikisi beýleki tarapynda bolsun. 13 Akasiýa agajyndan uzyn taýaklary ýasap, olary-da altyna gapla+. 14 Sandygy göterer ýaly, taýaklary gapdalyndaky halkalardan geçir. 15 Sandygyň taýaklary hemişe halkalara geýdirilgi dursun, olary çykarmaň+. 16 Tabşyryklarymy daşlara ýazyp bererin, olary* äht sandygynda goý+.
17 Sandyga sap altyndan gapak ýasa. Uzynlygy iki ýarym, ini bir ýarym tirsek bolsun+. 18 Gapagyň iki tarapyna altyny çekiçläp, iki kerup ýasa+. 19 Keruplaryň hersini gapagyň bir gyrasynda goýuň. 20 Ganatlary ýokarlygyna ýaýylyp, gapaga kölege salsyn+. Keruplary biri-biriniň garşysynda goýuň, ýüzleri hem aşak* bakyp dursun. 21 Tabşyryklarymy daşlara ýazyp bererin, olary* sandyga sal-da, gapagyny ýap+. 22 Men gapagyň ýokarsynda görnüp, seniň bilen gepleşerin+. Äht* sandygynyň üstündäki iki kerubyň arasyndan ysraýyllara tabşyryklarymy aýdaryn.
23 Akasiýa agajyndan stol+ hem ýasa. Uzynlygy iki, ini bir, beýikligi bir ýarym tirsek bolsun+. 24 Stoly tutuşlygyna sap altyna gaplap, gyrasyna altyndan nagyş sal. 25 Stoluň gyrasyna ini dört barmak* germew aýla-da, daşyny altyn bilen nagyşla. 26 Altyndan dört halka ýasap, stoluň dört çüňküne, her aýagynyň birigýän ýerine berkit. 27 Stoly taýak bilen göterer ýaly, halkalary germewe ýakyn edip oturdyň. 28 Taýaklary hem akasiýa agajyndan ýasap, altyna gapla. Stoly taýak bilen göteriň.
29 Şeýle-de sap altyndan jamlary, käseleri, şerap sadakalary üçin küýzeleri we tabaklary ýasa+. 30 Huzurymda stoluň üstünde hemişe hödür çöreklerini goýuň+.
31 Altyny çekiçläp, sap altyndan şemdan+ ýasa. Onuň düýbi, ortaky diregi, şahalary, gülkäseleri, gunçalary we gülleri bir bitewi bolsun+. 32 Şemdanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, jemi alty şahasy bolsun. 33 Her şahasynda badam gülüne meňzeş üç gülkäsesi, aralarynda gunçalary we gülleri bolsun. Şemdanyň ortaky direginden çykýan alty şahanyň hemmesi birmeňzeş ýasalsyn. 34 Şemdanyň ortaky direginde badam gülüne meňzeş dört gülkäsesi, aralarynda-da gunçalary we gülleri bolsun. 35 Ortaky direge jemi alty şaha birikmelidir. Her iki şahasynyň aşagynda bir gunça bolsun. 36 Şemdany gunçalary, şahalary bilen tutuşlygyna bir bitewi edip, sap altyndan çekiçläp ýasa+. 37 Şemdana ýedi şem ýasa. Şemler ýakylanda, şemdanyň öňüne ýagty saçyp dursun+. 38 Gysgyçlary we külatarlary-da sap altyndan bolsun+. 39 Şemdan we onuň ähli gap-gaçlary bir batman* sap altyndan ýasalsyn. 40 Ählisini dagda görkezilen nusga boýunça ýasa+.
26 Mukaddes çadyr+ üçin nepis zygyrdan*, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden we gyrmyzy ýüplükden on sany mata dokaň. Olaryň ýüzüni keruplaryň+ şekili bilen keşdeläň+. 2 Her matanyň uzynlygy 28 tirsek*, ini 4 tirsek bolup, hemmesiniň ölçegi birmeňzeş bolsun+. 3 Matalaryň bäşisini biri-birine çatyň, beýleki bäşisini hem şeýle ediň. Şonda iki sany uly mata bolar. 4 Şol iki bölek matany biri-birine birleşdirmek üçin hersiniň gyrasyna gök ýüplükden halkalar tikiň. 5 Iki bölek matanyň hersiniň gyrasynda 50 halka bolsun. Halkalary biri-biriniň garşysynda durar ýaly edip tikiň. 6 Altyndan 50 sany ildirgiç ýasap, iki bölek matany ildirgiç bilen biri-birine berkidiň. Şonda çadyr bir bitewi bolar+.
7 Şeýle-de mukaddes çadyryň üstüni ýapmak üçin geçi ýüňünden+ 11 mata taýynlaň+. 8 Her matanyň uzynlygy 30 tirsek, ini 4 tirsek bolsun. Şol 11 matanyň hemmesiniň ölçegi birmeňzeş bolsun. 9 Matalaryň bäşisini biri-birine çatyň, galan altysyny hem şeýle ediň. Şonda iki sany uly mata bolar. Altynjy matany çadyryň öň tarapynda iki epläp goýuň. 10 Şol iki bölek matany biri-birine birleşdirmek üçin hersiniň gyrasyna 50 halka tikiň. 11 Misden 50 sany ildirgiç ýasap, olary halkalardan geçiriň-de, iki uly matany birleşdiriň. Şonda çadyry örtýän mata bir bitewi bolar. 12 Örtügiň galan ýarysyny mukaddes çadyryň arka tarapyna sallap goýuň. Ol zygyr matanyň üstünden goýberilsin. 13 Örtük çadyryň ikiýan tarapyna sallananda, her gapdaly aşagyndaky zygyr matadan bir tirsek uzyn bolsun. Şonda çadyryň gapdallary hem ýapylar.
14 Soňra gyzyl reňke boýalan goç derisinden örtük tikiň. Onuň üstünden düwleniň* derisinden ýene bir örtük tikiň+.
15 Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine+ çarçuwalary*+ ýasaň. 16 Her çarçuwanyň beýikligi on tirsek, ini bir ýarym tirsek bolsun. 17 Her çarçuwada biri-birine ýanaşyp duran iki gazygy bolsun. Mukaddes çadyryň hemme çarçuwalaryny şeýdip ýasaň. 18 Çadyryň günortasyna 20 çarçuwa ýasaň.
19 Şeýle-de 20 çarçuwanyň aşagyna kümüşden 40 direg+ ýasaň. Her çarçuwa üçin iki direg goýuň. Çarçuwanyň gazyklaryna geýdirer ýaly, diregleriň oýuk ýeri bolsun+. 20 Mukaddes çadyryň beýleki tarapyna, ýagny demirgazygyna hem 20 çarçuwa ýasaň. 21 Olaryň aşagyna-da kümüşden 40 direg ýasaň. Her çarçuwa üçin iki direg goýulsyn, diregleriň hem oýuk ýeri bolsun. 22 Mukaddes çadyryň günbataryna, ýagny arka tarapyna alty çarçuwa ýasaň+. 23 Çadyryň arka tarapyndaky iki burçuna-da iki çarçuwa ýasaň. 24 Çarçuwanyň söýeleri aşakdan ýokarlygyna galyp, birinji halkanyň ýanynda birleşsin. Çarçuwalaryň ikisi-de şeýle ýasalsyn. Olar çadyryň iki burçunda direg bolup durar. 25 Çadyryň arka tarapynda jemi sekiz çarçuwa, olaryň aşagynda-da kümüşden 16 direg bolsun. Her çarçuwa üçin iki direg goýulsyn, diregleriň hem oýuk ýeri bolsun.
26 Mukaddes çadyryň çarçuwalary üçin akasiýa agajyndan taýaklary hem ýasaň. Çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalara bäşisini+, 27 beýleki tarapyndaky çarçuwalara bäşisini, günbataryndaky, ýagny arka tarapyndaky çarçuwalara-da bäşisini ýasaň. 28 Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän taýak çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli uzalsyn.
29 Çarçuwalary we taýaklary altyna gaplaň+. Taýaklary geçirer ýaly, altyndan halkalary hem ýasaň. 30 Mukaddes çadyry dagda görkezilen nusga görä guruň+.
31 Gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy matadan we nepis zygyrdan tuty+ dokap, ýüzüni keruplaryň şekili bilen keşdeläň. 32 Tutyny asar ýaly, akasiýa agajyndan dört sütün ýasap, olary altyna gaplaň. Ildirgiçleri hem altyndan bolsun. Dört sütüniň hersiniň aşagyna kümüşden direg ýasaň. 33 Tutyny ildirgiçlerden asyp, iç ýüzünde äht* sandygyny+ goýuň. Mukaddes otag+ bilen iň mukaddes otagy+ bölmek üçin, arasyndan tutyny asyň. 34 Soňra äht* sandygynyň gapagyny ýapyp, iň mukaddes otagda goýuň.
35 Stoly tutynyň bäri ýüzünde*, çadyryň demirgazygynda goýuň. Şemdany+ bolsa stoluň gabadynda, çadyryň günortasynda goýuň. 36 Çadyryň agzyna gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan perde dakyň+. 37 Perdäni asar ýaly, akasiýa agajyndan bäş sütün ýasap, altyna gaplaň. Ildirgiçleri hem altyndan bolsun. Bäş sütüniň hersiniň aşagyna misden direg ýasaň.
27 Akasiýa agajyndan gurbanlyk ojagyny* ýasaň+. Uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek*, beýikligi üç tirsek bolsun. Ony dörtburç edip ýasaň+. 2 Her burçunda bir şah ýasaň+. Şahlar gurbanlyk ojagy bilen bir bitewi bolsun. Gurbanlyk ojagyny tutuşlygyna mise gaplaň+. 3 Külüni* aýrar ýaly gaplary, pilçeleri, tabaklary, çarşaklary, külatarlary ýasaň, ählisi misden bolsun+. 4 Gurbanlyk ojagyna misden gözenek ýasaň. Gözenegiň dört çüňküne misden halka berkidiň. 5 Gözenegi gurbanlyk ojagynyň içine, gyrasynyň edil aşagyndan dakyň. Şonda gözenegiň düýbi gurbanlyk ojagynyň ýarysyna ýetip durar. 6 Akasiýa agajyndan taýaklar ýasap, olary hem mise gaplaň. 7 Gurbanlyk ojagyny göterjek bolanyňyzda, taýaklary iki gapdalyndaky halkalardan geçiriň+. 8 Gurbanlyk ojagyny agaçdan guty ýaly edip ýasaň. Ony dagda görkezen nusgam boýunça ýasaň+.
9 Mukaddes çadyryň howlusy+ hem bolsun. Howlynyň günortasyna nepis zygyrdan* perde tutuň. Perdäniň uzynlygy 100 tirsek bolsun+. 10 Perdäni asmak üçin misden 20 söýe, olaryň aşagyna-da 20 direg goýuň. Söýeleriň ildirgiçleri we halkalary kümüşden bolsun. 11 Demirgazyk tarapyna-da uzynlygy 100 tirsek perde tutuň. Oňa hem misden 20 söýe, 20 direg, kümüşden ildirgiçler we halkalar ýasaň. 12 Günbatar tarapyna howlynyň inine görä 50 tirsek uzynlykda perde tutuň. Perdäniň on söýesi we on diregi bolsun. 13 Howlynyň gündogar tarapynyň ini hem 50 tirsek bolsun. 14 Howlynyň agzynyň sag tarapyna üç söýe bilen üç direg goýuň-da, 15 tirsek uzynlykda perde tutuň+. 15 Çep tarapyna-da üç söýe bilen üç direg goýup, 15 tirsek uzynlykda perde dakyň.
16 Howlynyň girelgesine gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan perde dakyň+. Perdäniň uzynlygy 20 tirsek bolsun. Perdä dört söýe bilen dört direg ýasaň+. 17 Howludaky söýeleriň halkalary we ildirgiçleri kümüşden, aşagyndaky diregleri misden bolsun+. 18 Howlynyň uzynlygy 100+, ini 50 tirsek, nepis zygyrdan edilen perdäniň beýikligi 5 tirsek bolsun. Perdä misden diregler hem ýasaň. 19 Mukaddes çadyrda ulanyljak ähli gap-gaçlar, esbaplar, çadyrdaky we howludaky gazyklar misden bolsun+.
20 Şemler hemişe ýanyp durar ýaly, ysraýyllara şemdan üçin arassa zeýtun ýagyny getirmegi tabşyr+. 21 Ýygnak çadyrynda*, äht* sandygynyň+ öňündäki tutynyň daşynda duran şemler Ýehowanyň huzurynda her gün agşam ýakylsyn we irdene çenli ýanyp dursun+. Şemlere Harun bilen ogullary gözegçilik etsin. Muny ysraýyllar hemişelik kanun hökmünde berjaý etmelidir+.
28 Ysraýyllaryň arasyndan doganyň Haruny+ we ogullary+ Nadaby, Abyhuwy+, Algazary, Ytamary+ saýlap al. Olar maňa ruhany bolup hyzmat etsin+. 2 Agaň Haruna üýtgeşik*, owadan, mukaddes eşik tikiň+. 3 Araňyzda işine ussat* adamlar bar. Olara akyl-paýhas berdim+. Goý, olar Haruna mukaddes eşik tikip bersinler. Harun maňa ruhany bolup hyzmat eder.
4 Olar şu zatlary tiksinler: gursakça+, öňlük*+, don*+, gözenek nagyşly köýnek, selle+ we guşak+. Doganyň Harun bilen ogullary maňa ruhany bolup hyzmat eder ýaly, olara şu mukaddes eşikleri tikip bersinler. 5 Olary altyndan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan* taýynlasynlar.
6 Öňlügi gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokap, altyn sapak bilen keşdelesinler+. 7 Öňlügiň öňüni we yzyny birleşdirýän iki eginligi bolsun. 8 Öňlügi berk saklar ýaly, guşak dokasynlar+. Ony hem altyn sapakdan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan edip, öňlüge berkitsinler.
9 Iki sany oniks daşyny+ alyp, ýüzüne Ysraýylyň ogullarynyň adyny+ ýazyň. 10 Ýaşyna görä altysynyň adyny bir daşa, altysynyň adyny beýleki daşa ýazdyr. 11 Zergär möhüri oýup ýasaýşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň adyny iki daşa oýup ýazsyn+. Soňra olary altyn öýjüklere oturdyň. 12 Ysraýylyň ogullaryny ýatladyp durar ýaly, iki daşy öňlügiň eginligine berkidiň+. Harun Ýehowanyň huzurynda olaryň adyny ýatlama hökmünde iki egninde götermelidir. 13 Daşlary oturtmak üçin, altyndan öýjükler ýasaň. 14 Sap altyndan işilen iki zynjyr ýasap+, şol öýjüklere berkidiň+.
15 Zergäre höküm gursakçasyny-da+ ýasat. Ol hem öňlük ýaly altyndan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan bolsun+. 16 Gursakça iki epläniňde, dörtburç bolup, uzynlygy-da, ini-de bir garyş* bolsun. 17 Oňa dört setir edip gymmatbaha gaş oturdyň. Birinji setirde lagyl, topaz, zümerret, 18 ikinji setirde pöwrize, gök ýakut, ýaşma, 19 üçünji setirde leşem*, agat, ametist, 20 dördünji setirde bolsa zeberjet*, oniks we nefrit bolsun. Olary altyn öýjüklere oturdyň. 21 Gaşlar Ysraýylyň ogullarynyň adyna görä 12 sany bolsun. Möhüriň oýup ýasalyşy ýaly, her gaşa 12 taýpanyň biriniň adyny ýazyň.
22 Gursakça üçin sap altyndan işilen zynjyrlar ýasaň+. 23 Altyndan iki halka ýasap, olary gursakçanyň iki burçuna dakyň. 24 Altyndan ýasalan iki zynjyry gursakçanyň burçundaky iki halkadan geçiriň. 25 Iki zynjyryň ujuny öňlügiň eginligindäki iki öýjüge dakyň. Şonda gursakça öňlügiň öň tarapynda durar. 26 Altyndan iki halka ýasap, gursakçanyň aşaky burçlarynyň iç ýüzüne, öňlüge bakyp duran tarapyna berkidiň+. 27 Soňra altyndan ýene iki halka ýasap, olary öňlügiň öňüne, goltugynyň aşagyna berkidiň. Halkalar öňlügiň guşagynyň ýokarsynda dursun+. 28 Gursakça süýşmez ýaly, halkalaryny gök ýüp bilen öňlügiň halkalaryna daňyň. Şonda gursakça öňlügiň üstünde, guşagyň ýokarsynda durar.
29 Harun mukaddes otaga girende, höküm gursakçasyny döşüne daksyn. Şeýdip, Ysraýylyň ogullarynyň ady Ýehowanyň huzurynda hemişe ýatlanar. 30 Urym bilen tummymy*+ höküm gursakçasynyň içine sal. Harun Ýehowanyň huzuryna giren mahaly, olar döşünde bolmalydyr. Ýehowanyň huzuryna ysraýyllar bilen bagly meseläni çözmek üçin baranda, höküm gursakçasy hemişe Harunyň döşünde bolmalydyr.
31 Öňlügiň içinden geýer ýaly, gök ýüplükden don dokadyň+. 32 Oňa ýaka hem açyň. Donuň ýakasy esgerleriň sowudynyňky ýaly bolsun. Dokmaçy ýakanyň gyrasyny berkidip çyksyn, şonda ol ýyrtylmaz. 33 Gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden we gyrmyzy ýüplükden naryň şekillerini ýasap, donuň etegine aýlap çykyň. Olaryň aralaryna-da altyn jaňjagazlar dakyň. 34 Altyn jaňjagazlar bilen nar şekillerini donuň etegine gezekleşdirip dakyň. 35 Harun dony ruhany bolup hyzmat edende geýsin. Harun mukaddes çadyra, Ýehowanyň huzuryna girende-çykanda, jaňjagazlaryň sesi eşidilip durmalydyr, şonda ol ölmez+.
36 Sap altyndan lowurdap duran maňlaýlyk ýasap, ýüzüne möhüre ýazylyşy ýaly oýup: „Ýehowa mukaddesdir“* diýip ýazyň+. 37 Maňlaýlygy gök ýüp bilen selläniň+ öňüne berkidiň. 38 Ol Harunyň maňlaýyna dakylgy bolsun. Ysraýyllardan biri Hudaýa bagyş edilen mukaddes sadakalara garşy günä etse+, Harun muny öz üstüne alar. Ýehowa günä eden adama rehim eder ýaly, Harun maňlaýlygyny aýyrmasyn.
39 Gözenek nagyşly köýnek bilen selle nepis zygyrdan dokalsyn. Soňra bir guşak hem dokat+.
40 Harunyň ogullary+ üçin hem üýtgeşik*, owadan köýnek+, guşak we selle tikdir. 41 Olary doganyň Harun bilen ogullaryna geýdir. Olaryň başyna ýag guýup, mukaddes et-de+, ruhanym edip belle+. 42 Uýat ýerlerini ýapmak üçin, bilinden dyzyna çenli zygyr matadan balak*+ tikdir. 43 Harun bilen ogullary ýygnak çadyryna* girende ýa-da mukaddes ýere, gurbanlyk ojagynyň* ýanyna baranda, günä galyp, ölmez ýaly, şol eşikleri geýmelidir. Olar muny nesilden-nesle berjaý etsin.
29 Ruhany bolup hyzmat eder ýaly, Harun bilen ogullaryny maňa bagyş et. Munuň üçin bir öküzçe, şikessiz iki goç+, 2 petir çörek*, ýaga ýugrulan halka görnüşli petir we çelpek* al+. Çörekleri ýokary hilli bugdaý unundan bişirip, 3 sebede sal-da+, öküzçe we iki goç bilen huzuryma getir.
4 Harun bilen ogullaryny ýygnak çadyrynyň*+ agzyna getir-de, ýuwunmagy tabşyr*+. 5 Soňra Haruna gözenek nagyşly köýnegi+, dony* we öňlügi* geýdir. Gursakçasyny hem dakyp, biline öňlügiň guşagyny berkje daň+. 6 Başyna selle orap, altyndan ýasalan mukaddes maňlaýlygy*+ dak. 7 Başyna mukaddes ýag+ guýup, Haruny ruhany belle+.
8 Soňra ogullaryny hem getirip, gözenek nagyşly köýnekleri+ geýdir. 9 Haruna-da, ogullaryna-da guşaklaryny daňyp, sellelerini ora. Olar ruhanylaryň borjuny ýerine ýetirsin. Muny hemişelik kanun edip berýärin+. Harun bilen ogullaryny şeýdip ruhany belle+.
10 Öküzçäni ýygnak çadyrynyň öňüne getir. Harun bilen ogullary öküzçäniň kellesine elini goýsun+. 11 Ýehowanyň huzurynda, ýygnak çadyrynyň agzynda öküzçäniň damagyny çal+. 12 Barmagyňy öküzçäniň ganyna batyryp, gurbanlyk ojagynyň* şahlaryna+ çal. Galan gany bolsa gurbanlyk ojagynyň düýbüne dök+. 13 Malyň içýagyny, bagrynyň töweregindäki ýagy, iki böwregini we olaryň ýagyny alyp+, gurbanlyk ojagynda ýak+. Onuň ýakymly ysy asmana göteriler. 14 Öküzçäniň etini, derisini we tezegini düşelgäniň daşynda ýak. Günä gurbanlygy şeýle berilmelidir.
15 Soňra bir goçy getir, Harun bilen ogullary goçuň kellesine elini goýsun+. 16 Goçuň damagyny çalyp, ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sep+. 17 Goçy böleklere bölüp, içgoşuny, aýaklaryny ýuw+. Şol bölekleri kellesi bilen bile gurbanlyk ojagynyň üstünde tertipleşdirip goý. 18 Goçy gurbanlyk ojagynyň üstünde tutuşlygyna ýakmalysyň. Onuň ýakymly ysy asmana göteriler. Ýakma gurbanlygynyň ýakymly ysy Ýehowa ýaraýandyr+. Ol Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlykdyr.
19 Beýleki goçy hem getir. Harun bilen ogullary goçuň kellesine elini goýsun+. 20 Goçuň damagyny çalyp, ganyndan biraz al-da, Harun bilen ogullarynyň sag gulagyna*, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna çal. Soňra gany gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sep. 21 Gurbanlyk ojagynyň üstündäki gandan we mukaddes ýagdan+ alyp, Harun bilen ogullaryna, olaryň eşiklerine sep. Şonda özleri-de, eşikleri-de mukaddes bolar+.
22 Goçuň ýagyny, guýruk ýagyny, içýagyny, bagrynyň töweregindäki ýagy, iki böwregini, olaryň ýagyny+ we sag buduny al. Goç ruhanylary bellemek üçin gurbanlyk berilýändir+. 23 Ýehowanyň huzuryndaky hamyrmaýasyz çörekli sebetden bir tegelek çörek, ýaga ýugrulan halka görnüşli çörek we çelpek al. 24 Olary Harun bilen ogullarynyň eline ber-de, Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk-beýläk galgat. 25 Soňra olary ellerinden alyp, gurbanlyk ojagyndaky ýakma gurbanlygynyň üstünde ýak. Ýakma gurbanlygynyň ýakymly ysy Ýehowa ýaraýandyr. Ol Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlykdyr.
26 Haruny ruhany bellemek üçin gurbanlyk berlen goçuň döşüni alyp+, Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk-beýläk galgat. Şol döş seniň paýyň bolar. 27 Harun bilen ogullaryny ruhanylyga bellemek üçin gurbanlyk berlen goçuň döşüni we buduny mukaddes et+. Olary göterme sadakasy hökmünde galgadyp, mukaddes gurbanlyk hökmünde aýryň. 28 Malyň döşüni we buduny Harun bilen ogullaryna mukaddes paý edip beriň. Parahatlyk gurbanlygyny berýän ysraýyllar malyň şol böleklerini mukaddes paý edip aýyrsynlar+. Olar muny Ýehowanyň mukaddes paýy hökmünde berýändir+. Halk muny nesilden-nesle berjaý etsin.
29 Harunyň mukaddes eşikleri+ özünden soň ruhany bellenjek* ogullaryna+ galar. 30 Harunyň ýerine ruhany bellenip, ýygnak çadyrynda, mukaddes ýerde hyzmat etjek ogly şol eşikleri ýedi günläp geýsin+.
31 Ruhanylary bellemek üçin soýlan goçuň etini mukaddes ýerde gaýnadyp bişiriň+. 32 Harun bilen ogullary goçuň etini we sebetdäki çöregi ýygnak çadyrynyň agzynda iýsin+. 33 Olar mukaddes bolup, ruhany bellenmek üçin, günäleri ýuwýan gurbanlardan iýmelidir. Emma keseki adam* olardan iýmesin. Sebäbi şol gurbanlar mukaddesdir+. 34 Gurbanlyk berlen goçuň etinden we çörekden ertesi güne galanyny ýakyň+. Olary iýmäň, sebäbi mukaddesdir.
35 Harun bilen ogullary hakda tabşyran zatlarymy aýdyşym ýaly et. Olary ruhanylyga bellemek üçin ýedi gün gerek bolar+. 36 Günäden arassalanyp, gurbanlyk ojagyny mukaddes saklamak üçin, her gün bir öküzi günä gurbanlygy edip beriň. Gurbanlyk ojagyny mukaddes etmek üçin ýag hem guýmalysyň+. 37 Gurbanlyk ojagyny günäden arassalamak üçin ýedi gün gurbanlyk berip, mukaddes et+. Şonda ol doly mukaddes bolar. Gurbanlyk ojagynda hyzmat edýän* her bir adam hem mukaddes bolmalydyr.
38 Gurbanlyk ojagynda her gün iki sany erkek tokly hödürläň+. 39 Birini irden, beýlekisini agşamara* gurbanlyk beriň+. 40 Bir jam* ýokary hilli una bir golça* zeýtun ýagyny guýup, birinji tokly bilen hödürläň. Bir golça şeraby hem şerap sadakasy hökmünde beriň. 41 Beýleki toklyny agşamara* soýup, irdenki tokly ýaly, galla we şerap sadakasy bilen hödürläň. Toklyny Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýakyň. 42 Şeýle ýakma gurbanlygyny Ýehowanyň huzurynda, ýygnak çadyrynyň agzynda nesilden-nesle hödürläň. Şol ýerde seniň bilen gepleşip+, özümi halkyma tanadaryn.
43 Mukaddes çadyrda ysraýyllara özümi äşgär ederin. Çadyr şöhratym+ bilen mukaddes bolar. 44 Ýygnak çadyryny, gurbanlyk ojagyny mukaddes ederin. Maňa ruhany bolup hyzmat eder ýaly, Harun bilen ogullaryny-da mukaddes ederin+. 45 Ysraýyllaryň arasynda mesgen tutup, olaryň Hudaýy bolaryn+. 46 Şonda olar meniň Ýehowa Hudaýdygyma we aralarynda mesgen tutmak üçin Müsürden çykarandygyma düşünerler+. Men olaryň Hudaýy Ýehowadyryn.
30 Akasiýa agajyndan+ tütetgi ýakylýan ojak*+ ýasaň. 2 Uzynlygy-da, ini-de bir tirsek*, beýikligi iki tirsek bolsun. Ony dörtburç edip, şahlary bilen bir bitewi edip ýasaň+. 3 Üstüni, gapdallaryny we şahlaryny sap altyna gaplaň. Ýokary gyrasyny altyn bilen nagyşlaň. 4 Iki gapdalyna altyndan iki halka ýasap, nagşynyň aşagyna dakyň. Halkalar biri-biriniň garşysynda dursun. Ojagy götereniňizde, taýaklary halkalardan geçirersiňiz. 5 Taýaklary-da akasiýa agajyndan ýasap, altyna gaplaň. 6 Ojagy äht* sandygyny+ ýapyp duran tutynyň öňünde goýuň. Äht sandygynyň gapagynyň üstünde saňa görnerin+.
7 Harun+ her gün irden şemleri+ taýynlamaga gelende, ojagyň üstünde+ ýakymly ysly tütetgi+ ýaksyn. 8 Agşamara* şemleri ýakanda-da, tütetgi ýaksyn. Siz nesilden-nesle Ýehowanyň huzurynda hemişe tütetgi ýakmalysyňyz. 9 Tütetgi ojagynda başga hiç hili tütetgi ýakmaň+, ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýa şerap sadakasyny hödürlemäň. 10 Harun tütetgi ojagyny ýylda bir gezek günäden arassalasyn+. Harun onuň şahlaryna günä gurbanlygy üçin soýlan malyň ganyny çalsyn+. Muny ýylda bir gezek nesilden-nesle berjaý ediň. Tütetgi ojagy Ýehowa üçin örän mukaddesdir».
11 Soňra Ýehowa Musa: 12 «Ysraýyl erkeklerini hasaba alyp, ilat ýazuwyny+ geçirýän mahalyň, olaryň hersi öz jany üçin Ýehowa töleg tölesin. Şonda hasaba alynýan adamlaryň başyna betbagtçylyk inmez. 13 Hasaba alnanlar mukaddes çadyrda+ ulanylýan ölçeg bilen ýarym şekel* kümüş bersin. Bir şekel 12 grama* deň. Ýehowa üçin ýarym şekel berilmelidir+. 14 Hasaba alnanlaryň 20 ýaşdan ýokarylary Ýehowa sadaka bersin+. 15 Janyňyz üçin Ýehowa töleg töläniňizde, baýlar ýarym şekelden* artyk, garyplar bolsa kem bermesin. 16 Ysraýyllaryň günäleri üçin berýän kümüş pullaryny ýygnak çadyrynyň* işi üçin ulanyň. Şol pullar Ýehowanyň huzurynda ysraýyllaryň öz jany üçin töleg töländigini ýatladyp durar» diýdi.
17 Ýehowa ýene-de Musa ýüzlenip: 18 «Ýuwunmak üçin misden legen ýasaň+. Diregleri-de misden bolsun. Legeni ýygnak çadyry bilen gurbanlyk ojagynyň* arasynda goýup, içine suw guýuň+. 19 Harun bilen ogullary ondan el-aýagyny ýuwsun+. 20 Olar ýygnak çadyryna girende, Ýehowa ýakyp gurban bermek we hyzmat etmek üçin gurbanlyk ojagynyň golaýyna baranda, heläk bolmaz ýaly ýuwunsynlar. 21 Olar ölmez ýaly el-aýagyny ýuwmalydyr. Harun bilen ogullary muny hemişelik kanun hökmünde nesilden-nesle berjaý etsin»+ diýdi.
22 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 23 «Ýakymly ysly zatlardan 500 şekel gatadylan mür*, onuň ýarym mukdarynda 250 şekel ýakymly ysly dalçyn, 250 şekel ýakymly ysly gamyş, 24 mukaddes çadyrda+ ulanylýan ölçeg bilen 500 şekel ýabany dalçyn we bir küýze* zeýtun ýagyny al. 25 Olary gowuja* garyp, mukaddes ýag ýasa+. Mukaddes ýag şeýle ýasalsyn.
26 Şol ýagdan ýygnak çadyryna+, äht* sandygyna, 27 stola we esbaplaryna, şemdana we esbaplaryna, tütetgi ojagyna, 28 gurbanlyk ojagyna we esbaplaryna, legene we direglerine çalyp, 29 mukaddes et. Şonda olar doly mukaddes bolar+. Olary ulanýan* adam hem mukaddes bolmalydyr+. 30 Harun+ bilen ogullarynyň+ başyna-da ýag guýup, ruhany bellemek üçin mukaddes et+.
31 Ysraýyllara aýt: „Şol ýag nesilden-nesle meniň üçin mukaddes ýag bolar+. 32 Hiç kim şeýle ýagy endamyna çalmasyn. Şoňa meňzeş edip hiç zat ýasamaň, sebäbi ol mukaddesdir. Ony hemişe mukaddes hasaplaň. 33 Kimde-kim şular ýaly ýag ýasasa ýa-da keseki adama* çalsa, halkyň arasyndan ýok edilsin*“»+.
34 Şondan soň Ýehowa Musa: «Hoşboý ysly zatlardan balzam, onika*, arpabadyýan we ladan* al. Hemmesiniň ölçegi deň bolsun+. 35 Olary gowy* garyp, duz sep-de+, tütetgi ýasa+. Tütetgi arassa we mukaddes bolmalydyr. 36 Tütetginiň bir bölegini owrat-da, birazajygyny ýygnak çadyryndaky äht* sandygynyň öňünde, saňa görünjek ýerimde goý. Tütetgi siz üçin örän mukaddes bolsun. 37 Özüňiz üçin şonuň ýaly tütetgi ýasamaň+. Ol Ýehowanyň mukaddes hasaplaýan zadydyr. 38 Şeýle tütetgini ýasap, ysgan adam halkyň arasyndan ýok edilsin» diýdi.
31 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ýahuda taýpasyndan+ Huruň agtygy, Uranyň ogly Besaleli+ saýladym. 3 Oňa öz ruhumy berip*, paýhasly, düşünjeli we ussat senetçi ederin. 4 Ol üýtgeşik zatlary oýlap tapyp, altyn-kümüşden, misden zat ýasar, 5 daş ýonup+, gaş oturtmaga we agaçdan her hili zatlary ýasamaga ökde bolar+. 6 Dan taýpasyndan Ahysamagyň ogly Ohalyýaby+ oňa kömekçi edip belledim. Ökde ussalaryň hemmesine akyldarlyk bererin*. Olar tabşyran zatlarymy+: 7 ýygnak çadyryny*+, äht* sandygyny+, gapagyny+, çadyryň zatlaryny, 8 stoly+ we esbaplaryny, sap altyndan şemdany we esbaplaryny+, tütetgi ojagyny*+, 9 gurbanlyk ojagyny*+ we esbaplaryny, legen bilen direglerini ýasarlar+. 10 Nepis dokalan lybaslary, Harun ruhanynyň mukaddes eşiklerini we ogullarynyň ruhanylyk eşiklerini+ tikerler. 11 Mukaddes ýagy we mukaddes çadyr üçin hoşboý ysly tütetgi taýynlarlar+. Ähli zady saňa tabşyryşym ýaly ederler».
12 Ýehowa ýene-de Musa ýüzlenip: 13 «Ysraýyllara şeýle diý: „Sabat güni barada kanunymy gyşarnyksyz berjaý ediň+. Sabat güni siziň bilen baglaşan ähtimiň alamaty bolar. Ol Ýehowa Hudaýyňyzyň sizi mukaddes edýändigini nesilden-nesle ýatladyp durar. 14 Sabat gününe sowuk-sala garamaň*, sebäbi ol siziň üçin mukaddesdir+. Sabat güni hakdaky kanuny bozan adam öldürilsin. Kimde-kim şol gün işlese, halkyň arasyndan ýok edilsin*+. 15 Ähli işiňizi alty günde edip, ýedinji gün doly dynç alyň+. Ol Ýehowa bagyşlanan mukaddes gündür. Sabat güni işlän adam ölüme höküm edilsin. 16 Ysraýyllar Sabat gününi nesilden-nesle berjaý etmelidir, sebäbi men olar bilen ýyllar boýy dowam etjek äht baglaşdym. 17 Sabat güni ysraýyl halky bilen baglaşan ähtimiň hemişelik alamatydyr+. Sebäbi Ýehowa ýeri-gögi alty günde ýaratdy, ýedinji gün dynç alyp+, eden işlerine begendi“» diýdi.
18 Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, iki sany äht* daşyny+ berdi. Daşlaryň ýüzündäki sözleri Hudaý öz eli*+ bilen ýazypdy.
32 Musanyň dagda eglenendigi+ üçin, adamlar Harunyň daşyna üýşüp: «Hany bol, bize ýol görkezer ýaly hudaý ýasa+. Bizi Müsürden çykaran Musa diýen adama-ha näme bolanyny bilemizok» diýdiler. 2 Harun: «Aýallaryňyzyň, ogul-gyzlaryňyzyň altyn gulakhalkalaryny+ getiriň» diýdi. 3 Adamlar altyn gulakhalkalaryny çykaryp, Haruna getirip berdiler. 4 Harun altynlary aldy-da, ýonguç bilen şekil berip, göläniň butuny* ýasady+. Şonda adamlar: «Eý ysraýyllar! Ine sizi Müsürden çykaran Hudaýyňyz!»+ diýip gygyryşdylar.
5 Muny gören Harun göläniň öňünde gurbanlyk ojagyny* gurup: «Ertir Ýehowanyň şanyna baýram ederis!» diýip gygyrdy. 6 Ertesi ir bilen turup, ýakma we parahatlyk gurbanlyklary berdiler. Soňra oturyp iýip içdiler, yzyndan bolsa turup, şadyhorramlyk edip başladylar+.
7 Ýehowa Musa: «Häziriň özünde aşak düş, Müsürden çykaran halkyň ýamanlyga ýüz urdy+. 8 Olar meniň öwreden ýolumdan çalt çykdylar+. Göläniň butuny ýasap: „Eý ysraýyllar! Ine sizi Müsürden çykaran Hudaýyňyz!“ diýşip, sežde edýärler, gurbanlyk berýärler» diýdi. 9 Ýehowa sözüni dowam edip: «Halkyň boýnuýogyndygyny görüp durun+. 10 Gel, gowusy, gaharym gelip durka, olaryň ýoguna ýanaýyn. Senden bolsa uly halk döredeýin»+ diýdi.
11 Musa Ýehowa Hudaýyna ýalbaryp+: «Eý Ýehowa, olary beýik güýjüň, kuwwatly goluň bilen Müsürden çykaryp getirmediňmi? Indi näme üçin gaharyňa ýok etjek bolýaň?+ 12 Müsürliler: „Hudaý olary Müsürden ýöne ýere äkitmändir. Olary dagda heläk edip, bütin ýer ýüzünden gyryp taşlajak bolýan eken“ diýmezmi?+ Gaharyňy saklap, halkyňy ýok etme, pikiriňden el çek. 13 Guluň Ybraýymy, Yshagy, Ysraýyly ýada sal. Olara öz adyňdan ant içip: „Nesliňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin+. Olara taýynlan ýurdumy hemişelik mülk edip bererin“+ diýip söz beripdiň ahyryn» diýdi.
14 Şonda Ýehowa halkyny ýok etmek pikirinden el çekdi+.
15 Musa eline+ iki äht* daşyny+ alyp, dagdan aşak düşdi. Daşlaryň iki tarapynda-da: öňünde-de, arkasynda-da ýazgy bardy. 16 Ýasy daşlary Hudaýyň özi ýasapdy, ondaky sözleri-de özi ýazypdy+. 17 Ýuşa halkyň goh-galmagalyny eşidip, Musa: «Düşelgede uruş bolýan ýaly-la!» diýdi. 18 Emma Musa:
«Eşidýäniň ýeňiş aýdymy hem däl,
Ýeňlenleriň ahy-nalasy hem däl.
Gulagyma başga bir owaz gelýär» diýdi.
19 Musa düşelgä golaýlanda, göläni+ we tans edýän adamlary görüp, gahar-gazaba mündi. Ol dagyň eteginde elindäki daşlary zyňyp goýberdi, olar çym-pytrak boldy+. 20 Musa halkyň ýasan gölesini otlap, kül-owram etdi+. Külüni bolsa suwa sepip, ysraýyllara içirdi+. 21 Soňra ol Haruna: «Halka agyr günä etdiripsiň. Olar saňa nädip beýle iş etdirip bildi?» diýdi. 22 Harun: «Doganym, gaharlanma. Halkyň päliýamandygyny gowy bilýäň-ä+. 23 Olar maňa: „Bize ýol görkezer ýaly hudaý ýasa. Bizi Müsürden çykaran Musa diýen adama-ha näme bolanyny bilemizok“ diýdiler+. 24 Menem: „Kimiň altyny bar bolsa, getirsin“ diýdim. Getiren altynlaryny oda atdym welin, ine şu göle peýda boldy» diýdi.
25 Musa halkyň hiç eýgertmeýändigini gördi, sebäbi Harun olary başyna goýberipdi. Olar duşmanlaryna gülki* bolupdylar. 26 Musa düşelgäniň agzynda durup: «Kim Ýehowanyň tarapynda bolsa, ýanyma gelsin!»+ diýdi. Şonda ähli lewiler onuň daşyna üýşdi. 27 Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Gylyjyňyzy dakynyň-da, düşelgä aýlanyp, dogan-garyndaşyňyzy, goňşy-golamyňyzy, dost-ýaryňyzy öldürip çykyň“»+ diýdi. 28 Lewiler Musanyň aýdyşy ýaly etdiler. Şol gün 3 000-e golaý adam öldürildi. 29 Soňra Musa lewilere: «Şu gün özüňizi Ýehowa bagyş ediň. Her biriňiz ogluňyza, doganyňyza garşy çykdyňyz+, şonuň üçin Hudaý sizi sylagsyz goýmaz»+ diýdi.
30 Ertesi gün Musa halka: «Siz agyr günä etdiňiz. Daga çykyp, Ýehowa ýalbaryp göreýin, belki, sizi bagyşlar»+ diýdi. 31 Musa Ýehowanyň huzuryna baryp: «Halk agyr günä etdi. Olar altyndan taňry ýasapdyr!+ 32 Başarsaň, olaryň günäsini geç+, bolmasa meniň adymy kitabyňdan+ öçüräý» diýip ýalbardy. 33 Emma Ýehowa: «Kim maňa garşy günä etse, şonuň adyny kitabymdan öçürerin. 34 Bar, halky aýdan ýurduma äkit. Perişdäm öňüňize düşüp gider+. Wagty gelende, olardan hasap sorap, günälerine görä jezasyny bererin» diýdi. 35 Şondan soň Ýehowa halkyň başyna betbagtçylyk inderip başlady, sebäbi olar Haruna göle ýasadypdy.
33 Ýehowa Musa: «Müsürden çykaran halkyň bilen ýola düş. Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren ýurduma gidiň. Şol ýurdy olaryň nesline berjekdigime ant içipdim+. 2 Perişdämi öňüňizden iberip+, kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary ýurtdan kowup çykararyn+. 3 Süýt bilen bal akýan ýurda+ gidiň. Emma men siziň bilen gitmerin, sebäbi halk boýnuýogynlyk etse+, ýolda olary gyraryn»+ diýdi.
4 Halk gorkunç sözleri eşidip, perýat edip başlady. Hiç kim şaý-sepini-de dakynmady. 5 Ýehowa Musa: «Ysraýyllara şeýle diý: „Siz boýnuýogyn halk+. Düşelgäňize girip, birsalymyň içinde baryňyzy ýok edibem bilerdim. Indi size çäre görjek+, ýöne şoňa çenli hiç kim şaý-sepini dakmasyn“» diýdi. 6 Ysraýyllar Horep dagynda şaý-seplerini aýryp, şondan soň dakynmadylar.
7 Musa öz çadyryny düşelgäniň daşyna çykaryp, biraz uzagraga göçürdi. Musa oňa ýygnak çadyry* diýip at goýdy. Ýehowadan maslahat soramak isleýän adam+ düşelgeden çykyp, ýygnak çadyryna barardy. 8 Musa çadyra tarap ýörände, adamlar çadyrlarynyň agzynda durup, ol tä çadyra girýänçä seredip durardylar. 9 Musa çadyra giren badyna, bulut sütüni+ çadyryň agzyna gelip durardy. Hudaý Musa bilen gepleşip bolýança, bulut çadyryň agzyndan aýrylmazdy+. 10 Adamlar çadyryň agzyndaky bulut sütünini görüp, çadyrlarynyň agzynda tagzym ederdiler. 11 Ýehowa Musa bilen iki adamyň gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz+ gepleşerdi. Musa düşelgä gidende, hyzmatkäri we kömekçisi+ Nunuň ogly Ýuşa+ çadyryň ýanyndan aýrylmazdy.
12 Musa Ýehowa ýüzlenip: «Sen maňa: „Halkyň öňüne düşüp git“ diýýäň, ýöne ýanymda kimi iberjegiňi aýtmadyň. Meni gowy tanaýandygyňy*, menden razydygyňy aýdypdyň. 13 Eger menden razy bolsaň, onda ýalbarýaryn, ýollaryňy öwret+. Seni has gowy tanap, mundan beýlägem razy edip ýaşaýyn. Şu adamlar hem öz halkyň»+ diýdi. 14 Hudaý: «Özüm ýanyňda gidip+, seni goldaryn*»+ diýip jogap berdi. 15 Şonda Musa: «Ýanymyzda gitmeseň, bizi hem iberip oturma. 16 Ýanymyz bilen gidip, bizi ýer ýüzündäki başga milletlerden aýry tutýandygyňy+ görkezmeseň, menden we halkyňdan razydygyňy nädip bileli?»+ diýdi.
17 Ýehowa: «Bolýar, haýyşyňy bitirerin. Sebäbi seni gowy tanaýaryn, göwnüm senden hoşal» diýdi. 18 Musa: «Ýalbarýaryn, maňa şöhratyňy görkez» diýdi. 19 Hudaý: «Saňa bütin şan-şöhratymy görkezip, öňüňde Ýehowa adymy yglan ederin+. Men islän adamymdan razy bolup, islän bendäme rehim ederin»+ diýip jogap berdi. 20 Ol sözüni dowam edip: «Ýöne sen ýüzümi görmersiň, sebäbi ýüzümi gören adam diri galyp bilmez» diýdi.
21 Soňra Ýehowa: «Ine, ýanymda bir gaýa bar. Şol gaýanyň ýanyna gel. 22 Seni gowakda goýup, şan-şöhratymy görkezerin. Deňiňden geçip gidýänçäm, elim bilen üstüňi örterin. 23 Elimi aýranymda, meni arkamdan görüp galarsyň. Ýöne ýüzümi görmersiň»+ diýdi.
34 Soňra Ýehowa Musa: «Öňki daşlara+ meňzeş iki daş+ ýasa. Olara döwen daşlaryňdaky sözleri ýazyp bereýin+. 2 Ertire taýyn bol. Irden Sinaý dagynyň depesine çykyp, huzurymda durarsyň+. 3 Ýanyňa hiç kimi alma, dagyň töwereginde janly-jemende görünmesin. Mal-garaňyzy hem dagyň golaýynda bakmaň»+ diýdi.
4 Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, öňkä meňzeş iki daş ýasady. Ertesi ir bilen turdy-da, daşlary alyp, Sinaý dagyna çykdy. 5 Ýehowa buludyň içinde daga inip+, Musanyň ýanynda durdy we Ýehowa adyny yglan etdi+. 6 Soňra Ýehowa onuň öňünden geçip: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar+, mähirli*+, giň göwünli*+, wepaly söýgä* baý+, sözünde durýan*+, 7 müňlerçe adama wepaly söýgüsini* bildirýän+, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan+ Hudaýdyr. Ýöne günäkäri jezasyz goýýan däldir+, atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýändir»+ diýdi.
8 Musa dessine ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. 9 Soňra ol: «Eý Ýehowa, menden razy bolsaň, bizi taşlama*+. Boýnuýogyn halk bolsak-da+, Ýehowa, haýyş edýärin, ýazygymyzy, günämizi geçip+, bizi öz halkyň hökmünde kabul et» diýdi. 10 Şonda Hudaý şeýle diýdi: «Ine, siz bilen äht baglaşýaryn: halkyň gözüniň alnynda täsin işleri ederin. Beýle gudratlar tutuş ýer ýüzünde, hiç bir halkda görlüp-eşidilen däldir+. Daş-töweregiňizdäki ähli milletler Ýehowanyň işlerini görerler. Siziň üçin täsin işleri ederin+.
11 Häzirki tabşyrjak zatlaryma ünsli boluň+. Men amorlary, kenganlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary öňüňizden kowaryn+. 12 Ýöne şol ýurtdaky milletler bilen äht baglaşaýmaň+, ýogsam duzaga düşersiňiz+. 13 Olaryň gurbanlyk ojaklaryny* ýumrup, keramatly sütünlerini we pürslerini* kül-owram ediň+. 14 Başga taňrylara sežde etmäň+, sebäbi Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy talap edýändir*. Hawa, ol ýürekden wepaly bolmagy talap edýän Hudaýdyr+. 15 Şol ýurduň halklary bilen äht baglaşmaň. Ýogsam olar öz taňrylaryna sežde edip*+, gurbanlyk berende, sizi hem çagyrarlar. Siz hem olaryň gurbanlyklaryndan iýersiňiz+. 16 Ogullaryňyza olaryň gyzlaryny alyp berersiňiz+. Gelinleriňiz öz taňrylaryna sežde edende, ogullaryňyzy hem olara sežde etdirerler+.
18 Petir baýramyny belläň+. Size tabşyryşym ýaly, abyp* aýynda+ bellän wagtym ýedi günläp petir* iýiň. Sebäbi Müsürden şol aýda çykypdyňyz.
19 Nowbahar ogullaryňyz meniňkidir+. Ähli mal-garaňyzyň, sygryň-da, goýnuň-da ilkinji doglan erkegi meniňkidir+. 20 Eşegiň ilkinji kürresine derek goýun gurbanlyk beriň. Goýun berip bilmeseňiz, onda kürräniň boýnuny omruň*. Nowbahar ogullaryňyz üçin hem töleg töläň+. Hiç kim huzuryma eli boş gelmesin.
21 Ähli işiňizi alty günde edip, ýedinji gün dynç alyň+. Hasyl ýa sürüm döwri bolsa-da, şol gün dynç alyň.
22 Gallanyň ilkinji hasylyny ýygnap, Hepdeler baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda bolsa Hasyl baýramyny* belläň+.
23 Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek beýik Hökümdar, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň huzuryna gelsin+. 24 Men başga milletleri öňüňizden kowup+, ýurduňyzy giňelderin. Ýylda üç gezek Ýehowa Hudaýyňyzyň huzuryna geleniňizde, hiç kim siziň ýurduňyza göz dikip bilmez.
25 Maňa gurbanlyk berilýän malyň ganyny hamyrmaýaly zat bilen hödürlemäň+. Pasha gurbanlygyndan ertire hiç zat galmasyn+.
26 Ekiniň ilkinji gowy miwelerini Ýehowa Hudaýyňyzyň öýüne getiriň+.
Owlagy enesiniň süýdünde gaýnatmaň»+.
27 Ýehowa ýene-de Musa: «Aýdan sözlerimi ýaz+, sebäbi şol sözleriň esasynda seniň bilen, ysraýyl halky bilen äht baglaşýaryn»+ diýdi. 28 Musa 40 gije-gündizläp Ýehowanyň ýanynda galdy. Ol ne çörek iýdi, ne-de suw içdi+. Hudaý* ähtiň sözlerini, ýagny on tabşyrygy* daşlara ýazyp berdi+.
29 Musa iki äht* daşyny alyp, Sinaý dagyndan düşdi+. Hudaý bilen gepleşeni üçin, Musanyň ýüzi nur saçýardy. Ýöne özi muny bilmeýärdi. 30 Harun bilen ysraýyllar Musanyň ýüzüniň nur saçýandygyny görüp, golaýyna barmaga gorkdular+.
31 Emma Musa Haruny we halkyň baştutanlaryny ýanyna çagyryp, olar bilen gepleşdi. 32 Soňra ähli ysraýyllar onuň ýanyna geldiler. Musa olara Ýehowanyň Sinaý dagynda beren tabşyryklaryny aýdyp berdi+. 33 Ol her gezek halk bilen gepleşip bolansoň, ýüzüni örtgi bilen ýapardy+. 34 Ýehowa bilen gepleşmek üçin ýygnak çadyryna* girende bolsa, ýüzündäki örtgini aýrardy+. Soňra çadyrdan çykyp, ysraýyllara Hudaýyň tabşyryklaryny ýetirerdi+. 35 Adamlar Musanyň ýüzüniň nur saçýandygyny görerdiler. Musa Hudaý bilen gepleşmäge girýänçä, ýüzüne ýene-de örtgi ýapardy+.
35 Musa bütin ysraýyl jemagatyny ýygnap, şeýle diýdi: «Ýehowanyň tabşyrygyny diňläň+: 2 ähli işiňizi alty günde ediň. Ýedinji gün mukaddes gün bolsun. Sabat gününi Ýehowa bagyşlap, ähli işiňizden dynç alyň+. Şol gün işlän adam ölüme höküm edilsin+. 3 Sabat güni hiç bir öýde ot ýakylmasyn».
4 Soňra Musa ysraýyl jemagatyna: «Ýehowa şeýle tabşyryk berýär: 5 „Ýehowa sadaka beriň+. Ýürekden+ sadaka bermek isleýänler Ýehowa şu zatlary getirsin: altyn, kümüş, mis, 6 gök ýüplük, badam reňkli ýüň, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr*, geçi ýüňi+, 7 gyzyl reňke boýalan goç derisi, düwleniň* derisi, akasiýa agajy, 8 şem üçin ýag, mukaddes ýag bilen hoşboý ysly tütetgi üçin balzam+, 9 öňlüge*+ we gursakça+ dakylýan oniks hem-de gymmatbaha gaşlar.
10 Araňyzdaky ökde ussalar*+ gelip, Ýehowanyň tabşyran zatlaryny ýasasynlar. 11 Mukaddes çadyry we örtügini, ildirgiçlerini, çarçuwalaryny*, taýaklaryny, sütünlerini, direglerini, 12 äht sandygyny+, taýaklaryny+ we gapagyny+, sandygyň öňüne asyljak tutyny+, 13 stoly+, taýaklaryny we esbaplaryny, hödür çöregini+, 14 şemdany+, esbaplaryny, şemlerini, olar üçin ýagy+, 15 tütetgi ojagyny*+, taýaklaryny, mukaddes ýagy, hoşboý ysly tütetgini+, çadyryň agzyna asar ýaly perdäni, 16 gurbanlyk ojagyny*+, mis gözenegini, taýaklaryny we esbaplaryny, legen bilen direglerini+, 17 howly üçin perdeleri+, söýelerini we direglerini, howlynyň agzyna tutar ýaly perdäni, 18 mukaddes çadyr we howly üçin gazyklary, olaryň ýüplerini+, 19 mukaddes çadyrda hyzmat edilende geýiljek nepis dokalan lybaslary+, Harun ruhanynyň mukaddes eşiklerini+ we ogullarynyň ruhanylyk eşiklerini taýynlasynlar“» diýdi.
20 Şondan soň ysraýyl jemagaty Musanyň ýanyndan gaýtdy. 21 Halkyň arasyndan jomart* we eli açyk*+ adamlar gelip, ýygnak çadyry*, çadyryň hyzmaty we mukaddes eşikler üçin Ýehowa sadaka getirip başladylar. 22 Erkekler we aýallar öz göwnünden çykaranyny getirýärdi. Olar gülýakalaryny, gulakhalkalaryny, ýüzüklerini we başga-da her dürli altyn şaý-seplerini berdiler. Her kim öz altynyny Ýehowa sadaka* berdi+. 23 Olar gök ýüplük, badam reňkli ýüň, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr, geçi ýüňüni, gyzyl reňke boýalan goç derisini we düwleniň* derisini-de getirdiler. 24 Käbirleri bolsa kümüşlerini we mislerini Ýehowa sadaka berdiler. Çadyrda ulanmak üçin akasiýa agajyny getirenler hem bardy.
25 Çeper elli gelin-gyzlar+ öz elleri bilen gök ýüplük, badam reňkli ýüň, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr işip getirdiler. 26 Olaryň käbiri göwnünden çykaryp, geçi ýüňünden ýüplük egrip berdi.
27 Halkyň baştutanlary öňlüge we gursakça dakar ýaly, oniks hem-de gymmatbaha gaşlary+, 28 şemleri ýakmak, mukaddes ýagy+ we hoşboý ysly tütetgini+ taýýarlamak üçin balzam bilen zeýtun ýagyny getirdiler. 29 Ýehowanyň Musa arkaly tabşyran zatlaryny ýasar ýaly, sadaka bermek isleýän ähli erkekler we aýallar göwnünden çykaran zadyny getirdiler. Şeýlelikde, ysraýyllar Ýehowa höwes bilen sadaka berdiler+.
30 Soňra Musa halka şeýle diýdi: «Ýehowa ýahuda taýpasyndan Huruň agtygy, Uranyň ogly Besaleli saýlady+. 31 Hudaý oňa öz ruhuny berip*, paýhasly, düşünjeli we ussat senetçi etdi. 32 Ol üýtgeşik zatlary oýlap tapyp, altyn-kümüşden, misden zat ýasar, 33 daş ýonup, gaş oturtmaga we agaçdan her hili zatlary ýasamaga ökde bolar. 34 Hudaý Besalele we dan taýpasyndan Ahysamagyň ogly Ohalyýaba hünärini başgalara-da öwretmäge ukyp berdi+. 35 Alla olary her dürli senetçilik, nakgaşçylyk, dokmaçylyk işlerini etmäge hem-de gök ýüplük, badam reňkli ýüň, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr bilen keşde çekmäge ukyply etdi+. Olar islendik zady ýasap, her dürli işleri ýerine ýetirer.
36 Besalel we Ohalyýap bilen işlejek beýleki ökde ussalara-da* Ýehowa akyl-paýhas, düşünje berdi. Olar mukaddes çadyryň ähli zadyny Ýehowanyň tabşyryşy ýaly ýasarlar»+.
2 Musa Besaleli, Ohalyýaby we Ýehowanyň akyl-paýhas beren başarjaň adamlaryny+, kömek etmek isleýänleriň ählisini ýygnady+. 3 Olar Musadan ysraýyllaryň mukaddes çadyr üçin beren sadakalaryny+ aldylar. Halk her gün irden yzyny üzmän sadaka getirýärdi.
4 Şeýdip, mukaddes çadyryň gurluşygyna başladylar. Ussalar yzly-yzyna 5 Musanyň ýanyna gelip: «Adamlar Ýehowanyň işi üçin gereginden köp zat getirýär» diýdiler. 6 Musa düşelgede: «Eý jemagat, indiden beýläk mukaddes çadyr üçin sadaka getirmäň» diýip jar çekdirdi. Halk sadaka getirmegini bes etdi. 7 Sebäbi getirilen zatlar gurluşygy gutarmaga ýetýärdi, artyp hem galjakdy.
8 Ökde ussalar+ mukaddes çadyr+ üçin nepis zygyrdan*, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden we gyrmyzy ýüplükden on sany mata taýynladylar. Ol* bolsa matalaryň ýüzüni keruplaryň şekili bilen keşdeledi+. 9 Her matanyň uzynlygy 28 tirsek*, ini 4 tirsek bolup, hemmesiniň ölçegi birmeňzeşdi. 10 Ol matalaryň bäşisini biri-birine çatdy, beýleki bäşisini hem şeýle etdi. Şonda iki sany uly mata boldy. 11 Şol iki bölek matany biri-birine birleşdirmek üçin, hersiniň gyrasyna gök ýüplükden halkalar tikdi. 12 Hersiniň gyrasyna 50 halka tikip, olary biri-biriniň garşysynda durar ýaly etdi. 13 Soňra altyndan 50 sany ildirgiç ýasap, iki bölek matany ildirgiç bilen biri-birine berkitdi. Şonda çadyr bir bitewi boldy.
14 Ol mukaddes çadyryň üstüni ýapmak üçin geçi ýüňünden 11 mata taýynlady+. 15 Her matanyň uzynlygy 30 tirsek, ini 4 tirsekdi. Şol 11 matanyň hemmesiniň ölçegi birmeňzeşdi. 16 Ol matalaryň bäşisini biri-birine çatdy, galan altysyny hem şeýle etdi. Şonda iki sany uly mata boldy. 17 Şol iki bölek matany biri-birine birleşdirmek üçin, hersiniň gyrasyna 50 halka tikdi. 18 Çadyry bir bitewi edip birleşdirer ýaly, misden 50 ildirgiç ýasady.
19 Ol gyzyl reňke boýalan goç derisinden örtük etdi. Onuň üstünden düwleniň* derisinden ýene bir örtük etdi+.
20 Soňra mukaddes çadyra akasiýa agajyndan+ dikligine çarçuwalary* ýasady+. 21 Her çarçuwanyň beýikligi on tirsek, ini bir ýarym tirsekdi. 22 Her çarçuwada biri-birine ýanaşyp duran iki gazygy bardy. Ol mukaddes çadyryň hemme çarçuwalaryny şeýdip ýasady. 23 Ol çadyryň günortasyna 20 çarçuwa ýasady. 24 Soňra 20 çarçuwanyň aşagyna kümüşden 40 direg ýasady. Her çarçuwa üçin iki direg goýup, çarçuwanyň gazyklaryna geýdirer ýaly, direglere oýuk ýasady+. 25 Mukaddes çadyryň beýleki tarapyna, ýagny demirgazygyna hem 20 çarçuwa ýasady. 26 Olaryň aşagyna-da kümüşden 40 direg ýasady. Her çarçuwa üçin iki direg goýdy, direglere-de oýuk etdi.
27 Mukaddes çadyryň günbataryna, ýagny arka tarapyna alty çarçuwa ýasady+. 28 Çadyryň arka tarapyndaky iki burçuna-da iki çarçuwa ýasady. 29 Çarçuwanyň söýeleri aşakdan ýokarlygyna galyp, birinji halkanyň ýanynda birleşýärdi. Şeýdip, ol çadyryň iki burçuna direg etdi. 30 Çadyryň arka tarapynda jemi sekiz çarçuwa, olaryň aşagynda-da kümüşden 16 direg bardy. Her çarçuwa üçin iki direg goýlupdy, direglere-de oýuk edilipdi.
31 Mukaddes çadyryň çarçuwalary üçin akasiýa agajyndan taýak ýasady. Çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalara bäşisini+, 32 beýleki tarapyndaky çarçuwalara bäşisini, günbataryndaky, ýagny arka tarapyndaky çarçuwalara-da bäşisini ýasady. 33 Soňra çarçuwalaryň ortasyndan geçirer ýaly taýak ýasady. Şol taýak çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli uzalýardy. 34 Ol çarçuwalary we taýaklary altyna gaplady. Taýaklary geçirer ýaly, altyndan halkalary hem ýasady+.
35 Şeýle-de gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy matadan we nepis zygyrdan tuty+ dokap, ýüzüni keruplaryň+ şekili bilen keşdeledi+. 36 Tutyny asar ýaly, akasiýa agajyndan dört sütün ýasap, olary altyna gaplady. Ildirgiçlerini hem altyndan edip, dört sütüniň hersiniň aşagyna kümüşden direg ýasady. 37 Soňra çadyryň agzyna gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan perdäni taýynlady+. 38 Perdäni asmak üçin bäş sütün we ildirgiçler ýasady. Sütünleriň depesini we halkalaryny altyna gaplady. Bäş diregini bolsa misden ýasady.
37 Besalel+ akasiýa agajyndan sandyk+ ýasady. Sandygyň uzynlygy iki ýarym, ini bir ýarym, beýikligi bir ýarym tirsekdi*+. 2 Ol sandygyň içini-daşyny sap altyna gaplap, agzynyň daş-töweregine altyndan nagyş saldy+. 3 Sandygyň her aýagynyň ýokarsyna dakmak üçin altyndan dört halka ýasady. Iki halkany sandygyň bir tarapyna, ikisini bolsa beýleki tarapyna dakdy. 4 Akasiýa agajyndan taýaklar ýasap, olary-da altyna gaplady+. 5 Sandygy+ götermek üçin taýaklary gapdalyndaky halkalardan geçirdi.
6 Besalel sandyga sap altyndan gapak ýasady+. Gapagyň uzynlygy iki ýarym, ini bir ýarym tirsekdi+. 7 Ol gapagyň+ iki tarapyna altyny çekiçläp, iki kerup+ ýasady. 8 Keruplaryň birini gapagyň bir gyrasynda, birini beýleki gyrasynda goýdy. Ol gapagyň iki tarapyna-da kerup ýasady. 9 Iki kerubyň ganatlary ýokarlygyna ýaýylyp, gapaga kölege salýardy+. Olar biri-biriniň garşysynda goýlupdy, ýüzleri hem aşak* bakyp durdy+.
10 Ol akasiýa agajyndan stol hem ýasady+. Stoluň uzynlygy iki, ini bir, beýikligi bir ýarym tirsekdi+. 11 Stoly tutuşlygyna sap altyna gaplap, gyrasyna altyndan nagyş saldy. 12 Stoluň gyrasyna ini dört barmak* germew aýlap, daşyny hem altyn bilen nagyşlady. 13 Soňra altyndan dört halka ýasap, stoluň dört çüňküne, her aýagynyň birigýän ýerine dakdy. 14 Stoly taýaklar bilen götermek üçin halkalar germewe ýakyn oturdylypdy. 15 Stoluň taýaklaryny hem akasiýa agajyndan ýasap, altyna gaplady. 16 Şeýle-de stoluň üstünde goýar ýaly, sap altyndan gap-gaçlary: jamlary, käseleri, tabaklary we şerap sadakasy üçin küýzeleri ýasady+.
17 Soňra ol altyny çekiçläp, sap altyndan şemdan+ ýasady. Şemdanyň düýbi, ortaky diregi, gülkäseleri, gunçalary we gülleri bir bitewidi+. 18 Şemdanyň ortaky direginden çykýan alty şahasy bardy. Her gapdalyndan üç şaha çykýardy. 19 Her şahasynda badam gülüne meňzeş üç gülkäsesi, aralarynda gunçalary we gülleri bardy. Şemdanyň ortaky direginden çykýan alty şahanyň ählisi şeýle ýasalypdy. 20 Şemdanyň ortaky direginde badam gülüne meňzeş dört gülkäsesi, aralarynda-da gunçalary we gülleri bardy. 21 Şemdanyň ortaky diregine jemi alty şaha birigýärdi. Her iki şahasynyň aşagynda bir gunça bardy. 22 Şemdan gunçalary, şahalary bilen tutuşlygyna bir bitewi edilip, sap altyndan çekiçlenip ýasalypdy. 23 Soňra ol şemdan üçin sap altyndan ýedi şem+, gysgyçlar we külatarlar ýasady. 24 Şemdany we ähli gap-gaçlaryny bir batman* sap altyndan ýasady.
25 Soňra akasiýa agajyndan tütetgi ojagyny*+ ýasady. Uzynlygy-da, ini-de bir tirsek, beýikligi iki tirsekdi. Tütetgi ojagy dörtburçdy, şahlary bilen bir bitewidi+. 26 Besalel ojagyň üstüni, gapdalyny we şahlaryny sap altyna gaplap, ýokary gyrasyny altyn bilen nagyşlady. 27 Iki gapdalyna-da altyndan iki halka ýasap, nagşynyň aşagyna dakdy. Tütetgi ojagynyň taýaklaryny geçirmek üçin, halkalary biri-biriniň garşysynda goýdy. 28 Taýaklary hem akasiýa agajyndan ýasap, altyna gaplady. 29 Şeýle-de ol mukaddes ýagy+ we arassa hoşboý ysly tütetgini+ taýýarlady. Olar gowy* garylyp ýasalypdy.
38 Besalel akasiýa agajyndan gurbanlyk ojagyny* ýasady. Gurbanlyk ojagy dörtburçdy, uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek*, beýikligi üç tirsekdi+. 2 Ol gurbanlyk ojagynyň her burçuna bir şah ýasap, olary ojak bilen bir bitewi etdi. Soňra ojagy tutuşlygyna mise gaplady+. 3 Gurbanlyk ojagynyň esbaplaryny: gaplaryny, pilçelerini, tabaklaryny, çarşaklaryny we külatarlaryny ýasady. Olaryň ählisini misden ýasady. 4 Gurbanlyk ojagyna misden gözenek hem ýasap, ojagyň iç ýüzünden oturtdy. Şonda gözenegiň düýbi gurbanlyk ojagynyň ýarysyna ýetip durdy. 5 Taýaklary geçirmek üçin, ojagyň dört burçuna dört halka ýasap, mis gözenegiň gabadyna berkitdi. 6 Soňra akasiýa agajyndan taýaklar ýasap, olary-da mise gaplady. 7 Gurbanlyk ojagyny göterer ýaly, taýaklary iki gapdalyndaky halkalardan geçirdi. Ol gurbanlyk ojagyny dörtburç guty görnüşinde ýasady.
8 Misden legen+ bilen direglerini ýasady. Olary ýygnak çadyrynyň* girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnalaryndan* ýasady.
9 Soňra ol howly gurmaga başlady+. Howlynyň günortasyna nepis zygyrdan* perde tutdy. Perdäniň uzynlygy 100 tirsekdi+. 10 Perdäni asmak üçin misden 20 söýe, olaryň aşagyna-da 20 direg goýuldy. Söýeleriň ildirgiçleri we halkalary kümüşdendi. 11 Howlynyň demirgazygynda uzynlygy 100 tirsek perde bardy. Perdäniň 20 söýesi bilen 20 diregi misden, ildirgiçleri we halkalary kümüşdendi. 12 Günbataryndaky perdäniň uzynlygy 50 tirsekdi. Onuň on söýesi bilen on diregi bardy. Söýeleriň ildirgiçleri we halkalary kümüşdendi. 13 Gündogar tarapynyň ini hem 50 tirsekdi. 14 Howlynyň agzynyň sag tarapyna üç söýe bilen üç direg goýlup, 15 tirsek uzynlykda perde dakyldy. 15 Çep tarapyna-da üç söýe bilen üç direg goýlup, 15 tirsek uzynlykda perde dakyldy. 16 Howludaky ähli perdeler nepis zygyrdandy. 17 Howludaky söýeleriň diregleri misden, ildirgiçleri we halkalary kümüşdendi. Söýeleriň depesini kümşe gaplap, halkalaryny hem kümüşden etdiler+.
18 Howlynyň girelgesine gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan perde dakyldy. Perdäniň uzynlygy 20 tirsek, beýikligi howludaky perdäniňki ýaly 5 tirsekdi+. 19 Perdäniň dört söýesi bilen dört diregi misden, ildirgiçleri we halkalary bolsa kümüşdendi. Söýeleriň depesi kümşe gaplanypdy. 20 Mukaddes çadyrdaky we howludaky gazyklar misdendi+.
21 Musanyň buýrugy bilen, äht sandygy+ duran mukaddes çadyryň* gurluşygynda ulanylan zatlaryň sanawy düzüldi. Muny Harun ruhanynyň ogly Ytamaryň+ gözegçiligindäki lewiler+ etmelidi. 22 Ýahuda taýpasyndan Huruň agtygy, Uranyň ogly Besalel+ Ýehowanyň Musa tabşyran zatlarynyň baryny ýasady. 23 Dan taýpasyndan Ahysamagyň ogly Ohalyýap+ hem senetçilik, nakgaşçylyk işlerini edip, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan mata dokap, Besalele kömekleşdi.
24 Göterme sadakasy hökmünde getirilen ähli altynlar mukaddes çadyryň gurluşygy üçin ulanyldy+. Şol altynyň agramy 29 batman* we mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen 730 şekeldi*. 25 Ilat ýazuwynda hasaba alnan ysraýyllaryň beren kümüş sadakasynyň agramy 100 batman we mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen 1 775 şekeldi. 26 Ýaşy 20-den başlap hasaba alnan ysraýyllar mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen adam başyna ýarym şekel+ beripdi. Hasaba alnanlar jemi 603 550 adamdy+.
27 Mukaddes çadyrdaky çarçuwalaryň* we tutynyň direglerine 100 batman kümüş gitdi. Her direge bir batmandan hasaplanyňda, 100 direge 100 batman kümüş gerek boldy+. 28 Ol 1 775 şekel kümüşden sütünlere ildirgiçler ýasap, depesini kümşe gaplady-da, olary halkalar bilen birleşdirdi.
29 Sadaka* berlen misiň agramy 70 batman 2 400 şekeldi. 30 Ol misden ýygnak çadyrynyň agzyndaky diregleri, gurbanlyk ojagyny, ojagyň gözenegini, esbaplaryny, 31 howlynyň daş-töweregindäki we girelgesindäki diregleri, mukaddes çadyrdaky hem-de howludaky gazyklary+ ýasady.
39 Olar mukaddes çadyrda hyzmat etjek adamlar üçin gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden+ nepis dokalan egin-eşikleri tikdiler. Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, Haruna-da mukaddes eşikleri tikdiler+.
2 Öňlügi*+ altyn sapakdan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan* etdiler. 3 Altyny ýenjip, sapak ýaly inçe kesdiler-de, gök ýüplügiň, badam reňkli ýüňüň, gyrmyzy ýüplügiň we nepis zygyryň arasyna goşup, öňlügi keşdelediler. 4 Soňra öňlügiň öňüni we yzyny birleşdirmek üçin iki eginlik etdiler. 5 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, öňlügi berk saklamak üçin guşak dokadylar+. Guşagy hem altyn sapakdan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan edip, öňlüge berkitdiler.
6 Soňra iki oniks daşyny altyn öýjüklere oturdyp, möhüriň oýup ýasalyşy ýaly, olaryň ýüzüne Ysraýylyň ogullarynyň adyny oýup ýazdylar+. 7 Şol daşlar Ysraýylyň ogullaryny ýatladyp durmalydy+. Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, Besalel olary öňlügiň eginligine berkitdi. 8 Soňra ol zergär ýaly sünnäläp, höküm gursakçasyny+ ýasady. Gursakçany hem öňlük ýaly altyndan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan etdi+. 9 Gursakça iki epläniňde, dörtburç bolup, uzynlygy-da, ini-de bir garyşdy*. 10 Oňa dört setir edip gymmatbaha gaş oturtdylar. Birinji setirde lagyl, topaz, zümerret, 11 ikinji setirde pöwrize, gök ýakut, ýaşma, 12 üçünji setirde leşem*, agat, ametist, 13 dördünji setirde bolsa zeberjet*, oniks we nefrit bardy. Olary altyn öýjüklere oturtdylar. 14 Gaşlar Ysraýylyň ogullarynyň adyna görä 12 sanydy. Möhüriň oýup ýasalyşy ýaly, her gaşa 12 taýpanyň biriniň ady ýazyldy.
15 Gursakça üçin sap altyndan işilen zynjyrlar ýasadylar+. 16 Soňra altyndan iki öýjük bilen iki halka ýasap, halkalary gursakçanyň iki burçuna dakdylar. 17 Altyndan ýasalan iki zynjyry gursakçanyň burçundaky iki halkadan geçirdiler. 18 Iki zynjyryň ujuny öňlügiň eginligindäki iki öýjüge dakdylar. Şonda gursakça öňlügiň öň tarapynda durdy. 19 Soňra altyndan iki halka ýasap, gursakçanyň aşaky burçunyň iç ýüzüne, öňlüge bakyp duran tarapyna berkitdiler+. 20 Altyndan ýene iki halka ýasap, olary öňlügiň öňüne, goltugynyň aşagyna berkitdiler. Halkalar öňlügiň guşagynyň ýokarsynda durýardy. 21 Ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler. Gursakça süýşmez ýaly, halkalaryny gök ýüp bilen öňlügiň halkalaryna daňdylar. Şonda gursakça öňlügiň üstünde, guşagyň ýokarsynda durdy.
22 Soňra Besalel öňlügiň içinden geýer ýaly, gök ýüplükden don* dokady+. 23 Dona ýaka açyp, ýakasyny esgerleriň sowudynyňky ýaly etdi. Ýakanyň gyrasyny ýyrtylmaz ýaly berkidip çykdy. 24 Gök ýüplügi, badam reňkli ýüňi we gyrmyzy ýüplügi işip, naryň şekillerini ýasadylar-da, donuň etegine tikdiler. 25 Sap altyndan jaňjagazlar ýasap, olary nar şekilleriniň arasyna goşup, donuň etegine aýlap çykdylar. 26 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, çadyrda hyzmat edilende geýiljek donuň etegine jaňjagazlar bilen nar şekillerini gezekleşdirip dakdylar.
27 Haruna we ogullaryna nepis dokalan zygyrdan köýnek tikdiler+. 28 Oňa we ogullaryna nepis zygyrdan selle+, zygyrdan balak*+ tikip, 29 nepis zygyrdan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden we gyrmyzy ýüplükden guşak dokadylar. Ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.
30 Soňra mukaddesligiň alamaty hökmünde sap altyndan lowurdap duran maňlaýlyk ýasadylar. Ýüzüne möhüre ýazylyşy ýaly oýup: «Ýehowa mukaddesdir»* diýip ýazdylar+. 31 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, maňlaýlygy gök ýüp bilen sellä berkitdiler.
32 Şeýdip, mukaddes ýygnak çadyry* bilen bagly işler tamamlandy. Ysraýyllar ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler+. Hemme zat aýdylyşy ýaly edildi.
33 Olar mukaddes çadyryň+ zatlaryny we örtügini Musanyň ýanyna getirdiler. Çadyryň ähli esbaplaryny: ildirgiçleri+, çarçuwalary*+, taýaklary+, sütünleri, diregleri+, 34 gyzyl reňke boýalan goç derisinden+ we düwleniň* derisinden edilen örtükleri, äht sandygynyň öňündäki tutyny+, 35 äht* sandygyny, taýaklaryny+ we gapagyny+, 36 stoly we esbaplaryny+, hödür çöregini, 37 sap altyndan şemdany, üstüne goýuljak şemleri+, esbaplaryny+ we ýagyny+, 38 altyn ojagy*+, mukaddes ýagy+, hoşboý ysly tütetgini+, çadyryň agzyndaky perdäni+, 39 misden ýasalan gurbanlyk ojagyny*+, mis gözenegini, taýaklaryny+, esbaplaryny+, legen bilen direglerini+, 40 howlynyň perdelerini, olaryň söýelerini, direglerini+, howlynyň agzyna tutar ýaly perdäni+, ýüplerini, gazyklaryny+, mukaddes ýygnak çadyrynda ulanyljak esbaplary, 41 mukaddes çadyrda hyzmat edilende geýiljek nepis dokalan egin-eşikleri, Harun ruhanynyň mukaddes eşiklerini+ we ogullarynyň ruhanylyk eşiklerini taýynlap getirdiler.
42 Ysraýyllar ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler+. 43 Musa olaryň eden işlerini gözden geçirdi. Görse, ähli zat Ýehowanyň tabşyryşy ýaly edilipdir, şonuň üçin olara ak pata berdi.
40 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Birinji aýyň birine mukaddes ýygnak çadyryny*+ gur. 3 Äht* sandygyny+ çadyra salyp, öňüne tuty+ as. 4 Stoly+ getirip, zatlaryny üstünde tertipleşdirip goý. Soňra şemdany+ hem getirip, şemleri+ ýak. 5 Altyndan ýasalan tütetgi ojagyny*+ äht* sandygynyň öňünde goý-da, çadyryň agzyna perde dak+.
6 Mukaddes ýygnak çadyrynyň öňünde* gurbanlyk ojagyny*+ goý. 7 Legeni ýygnak çadyry bilen gurbanlyk ojagynyň aralygynda goýup, içine suw guý+. 8 Çadyryň howlusyny+ hem gurup, howlynyň agzyna perde+ tut. 9 Soňra mukaddes ýagy+ al-da, mukaddes çadyra we içindäki zatlara çalyp+, çadyry hem-de esbaplaryny mukaddes et. Şonda çadyr mukaddes bolar. 10 Gurbanlyk ojagy bilen esbaplaryna-da ýag çalyp, mukaddes et. Şonda gurbanlyk ojagy has-da mukaddes bolar+. 11 Legen bilen direglerine-de mukaddes ýag çalyp, mukaddes et.
12 Harun bilen ogullaryny ýygnak çadyrynyň agzyna getirip, ýuwunmagy tabşyr*+. 13 Haruna mukaddes eşiklerini+ geýdirip, başyna ýag guýup, mukaddes et-de, ruhanym edip belle+. 14 Soňra ogullaryny getirip, gözenek nagyşly köýnekleri geýdir+. 15 Olaryň hem başyna ýag guýup, kakasy ýaly maňa ruhany edip belle+. Olaryň başyna ýag guýulmagy nesilden-nesle ruhany boljakdygyny görkezer»+.
16 Musa Ýehowanyň tabşyran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi+. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdi.
17 Ikinji ýylyň birinji aýynyň birine mukaddes çadyr guruldy+. 18 Musa çadyry guranda, aşagyna direglerini+ goýup, çarçuwalaryny*+ oturtdy. Taýaklaryny+ dakyp, sütünlerini dikdi. 19 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, çadyryň+ matasyny ýapyp, üstünden örtükleri+ goýberdi.
20 Soňra äht* daşlaryny+ äht sandygyna+ saldy-da, gapagyny+ ýapyp, taýaklaryny+ dakdy. 21 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, äht* sandygyny+ mukaddes çadyra getirdi. Sandyk görünmez ýaly, öňüne tuty+ asdy.
22 Stoly+ hem ýygnak çadyryna getirip, demirgazyk tarapynda, tutynyň bäri ýüzünde* goýdy. 23 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, çörekleri+ Ýehowanyň huzurynda stolda tertipleşdirip goýdy.
24 Şemdany+ bolsa mukaddes ýygnak çadyrynyň günortasynda, stoluň gabadynda goýdy. 25 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, ol Ýehowanyň huzurynda şemleri+ ýakdy.
26 Altyn ojagy+ ýygnak çadyryndaky tutynyň öňünde goýdy. 27 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, onda hoşboý ysly tütetgi+ ýakylmalydy+.
28 Soňra ol mukaddes çadyryň agzyna perde+ dakdy.
29 Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, ýakma gurbanlygyny+ we galla sadakasyny hödürlemek üçin, Musa gurbanlyk ojagyny+ mukaddes ýygnak çadyrynyň öňünde goýdy.
30 Legeni ýygnak çadyry bilen gurbanlyk ojagynyň aralygynda goýup, içine ýuwnar ýaly suw guýdy+. 31 Musa, Harun bilen ogullary ondan el-aýagyny ýuwdular. 32 Olar ýygnak çadyryna girmänkä ýa-da gurbanlyk ojagyna golaýlaşmanka, Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly ýuwnardylar+.
33 Soňra Musa mukaddes çadyryň we gurbanlyk ojagynyň daşyna howly+ aýlap, howlynyň agzyna perde tutdy+.
Şeýdip, ol ähli işi tamamlady. 34 Şondan soň ýygnak çadyryny bulut örtdi. Mukaddes çadyr Ýehowanyň şöhratyndan doldy+. 35 Bulutdan ýaňa Musa ýygnak çadyryna girip bilmedi. Sebäbi mukaddes çadyry Ýehowanyň şöhraty gaplap alypdy+.
36 Bulut mukaddes çadyryň depesinden göterilende, ysraýyllar hem çadyrlaryny söküp, ýola düşerdiler. Nirä barsalar-da, şeýle ederdiler+. 37 Emma bulut ýokary göterilmese, çadyrlaryny sökmezdiler+. 38 Ysraýyllar nirede düşleseler-de, gündizine mukaddes çadyryň depesinde Ýehowanyň bulut sütünini, gijesine bolsa ot sütünini görerdiler+.
Ýa-da: şol nesil.
Sözme-söz: papirusdan.
Ýa-da: sandygy; gutyny.
Ýa-da: bitum bilen mazut.
Manysy: Suwdan çykarylan.
Ýa-da: gujur-gaýratly.
Ýagny Şugaýyp.
Manysy: Ýat ýurtda sergezdan.
Sözme-söz: ataň.
Ýa-da: Olara nazar salyp.
Sözme-söz: hak Hudaýa.
Sözme-söz: ýewreýleriň.
Sözme-söz: guluň bilen gepleşip başlanyňdan bäri hem.
Ýagny Ýehowanyň perişdesi.
Musanyň ogly göz öňünde tutulýan bolmaly.
Perişdäniň aýagy göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: aýagynyň öňüne taşlap.
Sözme-söz: Sefura sünnet sebäpli.
Sözme-söz: ýewreýleriň.
Ýa-da: ýaltalyk edýär.
Sözme-söz: elimi galdyryp.
Ýa-da: Saňa faraonyň üstünden ygtyýar berdim.
Ýa-da: porhanlaryny.
Sözme-söz: jadygöýlik edýän ruhanylaryny.
Sözme-söz: hasasy.
Sözme-söz: ýewreýleriň.
Ýa-da: kanallaryna. Nil derýasynyň şahalary göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: agaç we daş gaplardaky.
Ýa-da: gizlin hileleri.
Ýa-da: kanallaryna. Nil derýasynyň şahalary göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: Jadygöýlik edýän ruhanylar.
Ýa-da: gizlin hileleri.
Ýa-da: çybyna.
Ýa-da: gizlin hileleri.
Ýa-da: gögeýin. Uly gök siňege meňzeýär, awuly iňňesi bilen çakyp, gan sorýar.
Sözme-söz: Ýewreýleriň.
Ýa-da: doly; buz.
Güýçli ýyldyrym göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Müsürde ekilen bugdaýyň bir görnüşi göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: Ýewreýleriň.
Ýa-da: doludan; buzdan.
Sözme-söz: bize haçana çenli duzak bolup ýörjekkä?
Ýa-da: ne bolandyr, ne-de bolar.
Musa göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: äkitmäge rugsat ber.
Ýa-da: Gün ýaşansoň; agşamara.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa-da: içgoşy.
Manysy: Sowa geçmek. Sözlüge serediň: Pasha.
Ýa-da: öldürilsin.
Sözme-söz: goşunlaryňyzy.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýesire.
Aýallar hem göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: pyýada adam. Söweşe ukyply erkekler göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýagny müsürliler we başga milletliler.
Sözme-söz: mukaddes ediň.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa-da: döwüň.
Ýa-da: daňy.
Sözme-söz: sesiňizi çykarman durarsyňyz.
Sagat 2:00-dan 6:00-a çenli aralyk.
Sözme-söz: Ýehowadan gorkup başladylar.
«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: burgusy tutar.
Taýpa baştutanlary göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: rehimsiz; zalym.
Sözme-söz: mirasyň bolan dagda ekersiň.
Sözme-söz: söweş arabaly atlary we atlylary.
Manysy: Ajy.
Ýa-da: barlady; synady.
Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Bir jam takmynan 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
«Bu näme?» diýmegi aňladýan bolmaly. Ýewreýçe «man hu?»
Sözme-söz: şaýatlygyň. Wajyp hatlar, golýazmalar saklanan sandyk bolmagy mümkin.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegine deňdi. Bir çuwal 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Manysy: Synag; barlag.
Manysy: Dawa.
Sözlüge serediň.
Manysy: Ýehowa nyşanymdyr.
Manysy: Ýat ýurtda sergezdan.
Manysy: Hudaý kömekçimdir.
Ýa-da: genji-hazynam; hususy emlägim.
Peýkam atmak göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme-söz: goçuň şahynyň.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Maşgalabaşylar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: aldanyp, sežde etmäň.
Ýa-da: gabanjaň; diňe özüme wepaly bolmagy talap edýärin.
Ýa-da: üçünji we dördünji nesline.
Sözme-söz: müňünji.
Ýa-da: wepaly söýgimi bildirerin.
Ýa-da: mynasyp bolmadyk tärde.
Sözlüge serediň.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Meniň adymyň ýatlanmagy.
Ýa-da: gyzy bilen deň tutmalydyr.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: sögen; gargan.
Başga manysy: bir zat bilen ursa.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: Gün dogandan soň.
Ýa-da: kireýne alnan.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: ynjytmaň; azar bermäň; ezmäň.
Ýa-da: peýdakeşler.
Ýa-da: mähirlidirin; duýgudaşdyryn.
Ýa-da: ikirjiňlenmän beriň.
Ýa-da: hudaýhon; dogruçyl.
Ýa-da: erbet adamy aklamaryn.
Sözme-söz: gyrnagyňyzyň ogly.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Hepdeler baýramy ýa-da Pentikost hem diýilýär.
Çatma baýramy hem diýilýär.
Ýa-da: aldanyp, sežde etmäň.
Başga manysy: galagoplyga düşürip; howsala salyp.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözlüge serediň.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: Şaýatlyk hökmünde berjek daşlarymy.
Ýa-da: gapaga.
Ýa-da: Şaýatlyk hökmünde berjek daşlarymy.
Sözme-söz: Şaýatlyk.
Takmynan 7,4 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Ýa-da: mukaddes otagda.
Sözlüge serediň.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: Ýagly külüni. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözme-söz: şöhratly.
Sözme-söz: akyldar ýürekli.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýeňsiz don.
Sözlüge serediň.
Bir garyş takmynan 22,2 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Nähili daşdygy anyk belli däl. Ýantar, giasint, opal ýa-da turmalin daşy bolmagy mümkin.
Ýa-da: hrizolit. Sary ýa-da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.
Sözlüge serediň: Urym we tummym.
Ýa-da: Mukaddeslik Ýehowa mahsusdyr.
Sözme-söz: şöhratly.
Ýa-da: içki geýim.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa-da: ýukajyk çörek; gatlama.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ýuwundyr.
Ýa-da: ýeňsiz dony.
Sözlüge serediň.
Harunyň Hudaýa bagyş edilmegini aňladýan nyşan.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: gulagynyň ýumşak ýerine.
Sözme-söz: ýag guýlup bellenjek.
Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.
Sözme-söz: el degirýän.
Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Ýa-da: Çuwalyň ondan bir bölegi. Bir çuwal 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Sözlüge serediň.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: 20 gera. Bir gera 0,57 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: ussatlyk bilen.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözme-söz: Olara el degirýän.
Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.
Ýa-da: öldürilsin.
Ýewreýçe «şehelet». Nämedigi anyk belli däl. Hoşboý ysly ösümlikden ýa-da mollýusklardan alnan serişde bolmagy mümkin.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ussatlyk bilen.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözme-söz: Ony Hudaýyň ruhundan dolduryp.
Sözme-söz: Akyldar ýürekli adamlaryň ýüregine akyldarlyk salaryn.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: berjaý ediň.
Ýa-da: öldürilsin.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözme-söz: barmagy.
Ýa-da: guýma butuny.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Ýa-da: masgara.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Adymy bilýändigiňi.
Sözme-söz: saňa dynçlyk bererin.
Ýa-da: duýgudaş.
Ýa-da: sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýan.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: hakykata baý.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: üçünji we dördünji nesline.
Sözme-söz: biziň aramyzda gidäý.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: gabanjaňdyr; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýändir.
Sözme-söz: taňrylary bilen zyna edip.
Ýa-da: guýma but.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Ýa-da: döwüň.
Çatma baýramy hem diýilýär.
Sözme-söz: Ol.
Sözme-söz: on sözi.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: akyldar ýürekli adamlar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: höwesjeň.
Ýa-da: göwünjeň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: göterme sadakasy hökmünde.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözme-söz: Ol ony Hudaýyň ruhundan dolduryp.
Sözme-söz: akyldar ýürekli adamlara-da.
Sözlüge serediň.
Besalel göz öňünde tutulýan bolmaly.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözlüge serediň.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: gapaga.
Takmynan 7,4 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ussatlyk bilen.
Sözlüge serediň.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Ýagny misden ýasalan, ýüz görülýän esbaplar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şaýatlyk çadyrynyň.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Göterme sadakasy hökmünde.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Bir garyş takmynan 22,2 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Nähili daşdygy anyk belli däl. Ýantar, giasint, opal ýa-da turmalin daşy bolmagy mümkin.
Ýa-da: hrizolit. Sary ýa-da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.
Ýa-da: ýeňsiz don.
Ýa-da: içki geýim.
Ýa-da: Mukaddeslik Ýehowa mahsusdyr.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Şaýatlyk.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Ýa-da: girelgesiniň öňünde.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ýuwundyr.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Ýa-da: mukaddes otagda.