Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Ýermeýa 1:1—52:34
  • Ýermeýa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýermeýa
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Ýermeýa

ÝERMEÝA PYGAMBERIŇ KITABY

1 Benýamin topragynyň Anatot galasynda+ ýaşaýan Hilkiýa ruhanynyň ogly Ýermeýanyň* aýdan sözleri. 2 Ýahudanyň patyşasy Amonyň+ ogly Ýoşyýanyň+ hökümdarlygynyň 13⁠-⁠nji ýylynda Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. 3 Şeýle⁠-⁠de Ýahudanyň patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ döwründen tä Ýoşyýa patyşanyň ogly Sadykýaryň+ hökümdarlygynyň 11⁠-⁠nji ýylynyň soňuna çenli Hudaý Ýermeýa bilen gepleşdi. Sadykýaryň hökümdarlygynyň 11⁠-⁠nji ýylynyň soňunda, ýagny bäşinji aýda Iýerusalim halky sürgün edildi+.

4 Ýehowa maňa şeýle diýdi:

 5 «Saňa ejeň göwresinde şekil bermänkäm,

Men seni tanaýardym*+.

Heniz dünýä inmänkäň, seni mukaddes iş üçin saýladym+.

Seni halklara pygamber edip belledim».

 6 Men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa!

Men heniz ýaş+, dile çeper däl»+ diýdim.

 7 Ýehowa şeýle jogap berdi:

«„Men heniz ýaş“ diýme.

Seni kimiň ýanyna ibersem gidersiň,

Tabşyran ähli zatlarymy aýdarsyň+.

 8 Olardan gorkma+.

Sebäbi men ýanyňda bolup, seni goraryn+.

Muny Ýehowa aýdýar».

9 Soňra Ýehowa elini agzyma degirdi+. Ýehowa şeýle diýdi: «Men sözlerimi agzyňa saldym+. 10 Bu gün men seni milletleri we patyşalary sogurmak, ýykmak, ýok etmek, weýran etmek, dikmek hem⁠-⁠de ekmek üçin belledim»+.

11 Ýehowa ýene⁠-⁠de: «Ýermeýa, näme görýärsiň?» diýdi. Menem: «Badam agajynyň* şahasyny görýärin» diýdim.

12 Ýehowa maňa: «Dogry, menem sözümi ýerine ýetirýänçäm oýa bolaryn*» diýdi.

13 Ýehowa ikinji gezek: «Näme görýärsiň?» diýdi. Menem: «Gaýnap duran gazany görýärin. Ol demirgazyk tarapa gyşaryp dur» diýdim. 14 Şonda Ýehowa şeýle diýdi:

«Demirgazykdan tutuş ýurduň üstüne betbagtçylyk geler+.

15 „Men demirgazyk patyşalyklarynyň ähli taýpalaryny bir ýere ýygnaryn“. Muny Ýehowa aýdýar+.

„Olar geler. Olaryň her biri Iýerusalim derwezelerinde+,

Onuň diwarlarynyň töwereginde,

Ýahudanyň ähli galalarynda tagtlaryny dikerler+.

16 Olary erbet işleri üçin höküm ederin.

Sebäbi olar menden ýüz öwürdiler+,

Ýat taňrylar üçin gurbanlyk ýakdylar+,

Öz elleriniň işlerine sežde etdiler“+.

17 Biliňi berk guşa.

Ýeriňden turup, olara ähli sözlerimi aýt.

Olardan gorkma+,

Ýogsam olaryň öňünde ýüregiňe gorky salaryn.

18 Ýahudanyň patyşalaryna, han⁠-⁠beglerine,

Ruhanylaryna we halkyna+,

Tutuş ýurda garşy durar ýaly,

Şu gün seni berk gala, demir sütün, mis diwar etdim+.

19 Olar seniň bilen söweşerler,

Ýöne ýeňip bilmezler.

Sebäbi men ýanyňda bolup+, seni goraryn.

Muny Ýehowa aýdýar».

2 Ýehowa maňa diýdi: 2 «Git, Iýerusalime jar et, Ýehowa şeýle diýýär:

„Ýaşlygyňda maňa wepaly bolanyň*+,

Adaglanan günüň maňa bolan söýgiň ýadymda+.

Çölde, ot bitmeýän ýerlerde,

Yzyma düşeniňi unutmadym+.

 3 Ysraýyl Ýehowa üçin mukaddesdir+,

Hasylynyň ilkinji miwesidir“.

Oňa degen günä eder,

Başyna betbagtçylyk iner — muny Ýehowa aýdýar»+.

 4 Ýakubyň nesli, Ysraýyl öýüniň nebereleri,

Ýehowanyň sözüni diňläň!

 5 Ýehowa şeýle diýýär:

«Ata⁠-⁠babalaryňyz menden uzaklaşar ýaly,

Menden näme ýazyk tapdylar?+

Dereksiz butlara eýerip+, özleri⁠-⁠de dereksiz boldular+.

 6 Olar: „Hany Ýehowa?

Bizi Müsürden çykaran+, çölden+,

Jülgelerden, çukurlardan,

Takyrlardan+, tüm⁠-⁠garaňkylykdan,

Ynsan aýagy basylmadyk,

Hiç kimiň ýaşamadyk ýerlerinden geçiren Hudaý nirede?“ diýip soramadylar.

 7 Ir⁠-⁠iýmişden, näz⁠-⁠nygmatdan iýsinler diýip,

Men sizi bag⁠-⁠bakjaly ýurda getirdim+.

Emma siz gelip, beren ýurdumy haram etdiňiz.

Mirasymy ýigrenji zada öwürdiňiz+.

 8 Ruhanylar: „Hany Ýehowa?“ diýip soramadylar+.

Kanuny öwredýänler men hakda bilmek islemediler,

Çopanlar maňa garşy gozgalaň turuzdylar+,

Pygamberler Bagalyň adyndan pygamberlik etdiler+.

Dereksiz taňrylara çokundylar.

 9 „Siziň bilen ýene söweşerin+,

Ogullaryňyzyň ogullary bilen hem söweşerin“.

Muny Ýehowa aýdýar.

10 Kittim+ adalaryna gidip serediň,

Kedara+ adam ýollap, sorag⁠-⁠ideg ediň.

Öň şeýle zatlar bolupdymy?

11 Öz taňrylaryny biderek* zatlara çalşan halk barmy?

Meniň halkym bolsa şöhratymy biderek zatlara çalyşdy+.

12 Eý gökler, haýran galyp serediň,

Gorkudan ýaňa titräň — muny Ýehowa aýdýar.

13 Sebäbi halkym iki erbet iş etdi:

Olar dirilik suwunyň gözbaşy bolan menden ýüz öwürdiler+.

Olar özleri üçin howuzlary,

Suw saklamaýan howuzlary gazdylar.

14 Ysraýyl gulmy? Hojaýynyň öýünde doglan hyzmatkärmi?

Onda näme üçin ýesirlige äkidildi?

15 Onuň üstüne ýaş arslanlar arladylar+,

Gorkunç ses bilen arladylar.

Ülkäni gorkunç hala saldylar.

Şäherleri oda ýakyldy, janly⁠-⁠jemende galmady.

16 Nop*+ bilen Tahpanes+ seni talarlar*.

17 Şu belany öz başyňa özüň indermediňmi?

Sen özüňe ýol görkezýän Allaňy,

Ýehowa Hudaýyňy terk etdiň+.

18 Müsüre gidýän ýoldan näme üçin barýaň?+

Şihoryň* suwuny içmek üçinmi?

Assiriýa gidýän ýoldan näme üçin barýaň?+

Derýadan* suw içmek üçinmi?

19 Erbet işleriň seni düzetsin,

Dönükligiň saňa käýesin.

Hudaýyň Ýehowany terk etmegiň,

Nähili erbet, nähili agyrdygyny bilip goý+.

Sen menden hiç gorkmadyň+ — muny Älemiň Hökümdary,

Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

20 Gadym döwürde seniň boýuntyrygyňy pytradyp+,

Gandallaryňy döwüp taşlapdym.

Emma sen: „Saňa sežde etmerin“ diýdiň.

Her bir beýik baýyrlykda, gür ýaprakly agajyň aşagynda+,

Zyna edip, uzalyp ýatdyň+.

21 Seni saýlama gyzyl üzüm agajyndan+ ekdim.

Onda nädip öňümde ýabany üzüm şahasyna öwrüldiň?+

22 Özüňi aşgar*, sabyn bilen ýuwsaň⁠-⁠da,

Seniň günäň tegmil bolup huzurymda durandyr+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.

23 Sen nädip: „Özümi haram etmedim,

Bagal butlarynyň yzyna eýermedim“ diýip bilýärsiň?

Jülgedäki ýoluňa seret,

Eden işleriň hakda oýlan.

Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan maýa,

Ýüwrük, ýaş düýä meňzeýärsiň.

24 Höwre gelen döwri gulan ysyny alýan,

Urkaçy gulan kiminsiň.

Şol döwür kim ony saklap biler?

Ony gözleýän gulanlar ýadamaz,

Höwre gelen döwri ony taparlar.

25 Aýakýalaňaç gezme,

Suwsap oturma.

Emma sen: „Yzyma dolanmaryn!+

Men ýat taňrylara aşyk boldum+.

Olaryň yzyna düşjek“+ diýdiň.

26 Ogurlyk üstünde tutulanyň biabraý bolşy ýaly,

Ysraýyl öýüniň hemmesi:

Patyşalary, han⁠-⁠begleri,

Ruhanylary, pygamberleri masgara boldular+.

27 Olar agaja: „Atam!“+

Daşa: „Enem“ diýdiler.

Olar maňa ýüzlerini däl⁠-⁠de, ýeňselerini öwürdiler+.

Emma agyr güne düşende:

„Gel, halas et!“+ diýerler.

28 Hany seniň ýasan taňrylaryň?+

Başarýan bolsalar, agyr günüňde seni halas etsin.

Eý Ýahuda, şäherleriň sany näçe bolsa,

Taňrylaryň sany⁠-⁠da şonçadyr+.

29 „Meniň bilen näme üçin söweşýärsiňiz?

Maňa garşy näme üçin gozgalaň turuzýarsyňyz?“+

Muny Ýehowa aýdýar.

30 Ogullaryňa beren jezam biderek boldy+,

Olar temmini asla kabul etmediler+.

Sen arlaýjy arslan kimin,

Gylyjyň bilen pygamberleriňi öldürdiň+.

31 Eý nesil, Ýehowanyň sözüne gulak goý.

Men Ysraýyl üçin çöle öwrüldimmi?

Ýa tüm⁠-⁠garaňky ýurda döndümmi?

Näme üçin halkym: „Islän ýerimize gideris,

Gaýdyp saňa dolanmarys“ diýýär?+

32 Gyz şaý⁠-⁠sepini,

Gelin ýaglygyny* unudarmy?

Halkym bolsa meni uzak wagtlap unutdy+.

33 Oýnaş tapmaga sen nähili ökde!

Sen erbetlik etmekde ussat+.

34 Köýnegiň bigünä garyplaryň ganyna bulaşdy+.

Jenaýat etmedik adamlaryň ganyny köýnegiňde gördüm+.

35 Sen: „Meniň günäm ýok,

Ol gazabyny menden sowdy“ diýýärsiň.

Günäm ýok diýeniň üçin,

Saňa höküm çykararyn.

36 Ýollaryňy näme üçin gaýta⁠-⁠gaýta üýtgedip dursuň?

Assiriýa sebäpli masgara bolşuň ýaly+,

Müsür sebäpli⁠-⁠de masgara bolarsyň+.

37 Şonuň üçin eliňi ýüzüňe tutup gidersiň+.

Sebäbi seniň bil baglaýan halkyňdan Ýehowa ýüz öwürdi.

Olardan saňa indi peýda ýokdur».

3 Adamlar şeýle diýýär: «Biri aýaly bilen aýrylyşsa, aýaly hem başga birine barsa, heý⁠-⁠de ol aýalyny yzyna alarmy?»

Ýurt bütinleý haram boldy+.

«Sen köpler bilen ahlaksyzlyk etdiň+,

Indi ýene⁠-⁠de maňa gelýärmiň? — Muny Ýehowa aýdýar.

 2 Başyňy galdyr⁠-⁠da, takrap ýatan depelere seret.

Ahlaksyzlyk etmedik ýeriň barmy?

Sen çölde ýaşaýan çarwa* ýaly,

Ýollaryň ugrunda oýnaşlaryňa garaşdyň.

Sen ahlaksyzlyga we erbetlige baş goşup,

Ýurdy haram etdiň+.

 3 Şol sebäpli ýagyş ýagmasyny goýdy+,

Ýaz ýagşy kesildi.

Sen haýasyz, ahlaksyz aýala meňzeýärsiň,

Utanjyň nämedigini bilmeýärsiň+.

 4 Indi bolsa meni çagyrýarsyň:

„Atam, ýaşlygymdan bäri dostum sensiň!+

 5 Sen ebedi gaharlanarmyň?

Hemişe öýke⁠-⁠kine edermiň?“

Sen şeýle diýseň⁠-⁠de,

Eliňden gelen zalymlygy edýärsiň»+.

6 Ýoşyýa patyşanyň+ döwründe Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Biwepa Ysraýylyň eden işlerini gördüňmi? Ol beýik daglara çykyp, gür ýaprakly her bir agajyň aşagynda ahlaksyzlyk etdi+. 7 Ol şonça erbet işleri etse⁠-⁠de, men ony gaýta⁠-⁠gaýta yzyna çagyrdym+, emma ol dolanmady. Ýahuda bolsa biwepa uýasyna+ seredip durdy. 8 Şonda men biwepa+ Ysraýyla talak hatyny berip kowup goýberdim+. Emma onuň biwepa uýasy Ýahuda muny görse⁠-⁠de gorkmady. Olam gidip ahlaksyzlyk etdi+. 9 Ol* utanç⁠-⁠haýany bilmän ahlaksyzlyk etdi. Ol daşlar we agaçlar bilen zyna edip+, ýurdy haram etdi. 10 Biwepa uýasy Ýahuda şu zatlary görübem, maňa bütin ýüregi bilen däl⁠-⁠de, ýalandan dolandy — muny Ýehowa aýdýar».

11 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Biwepa Ysraýyl dönüklik eden Ýahuda garanyňda dogruçylrak görünýär+. 12 Git⁠-⁠de, şu sözleri demirgazykda jar et+:

„Ýehowa şeýle diýýär: „Eý dönük Ysraýyl, yzyňa dolan+. Men saňa gahar bilen bakmaryn+, sebäbi men wepalydyryn — muny Ýehowa aýdýar. — Men ebedilik gaharlanmaryn. 13 Günäleriňi boýun al, sebäbi sen Hudaýyň Ýehowa garşy gozgalaň turuzdyň. Sen gür ýaprakly her bir agajyň aşagynda kesekiler* bilen ahlaksyzlyk etdiň, maňa bolsa gulak asmadyň — muny Ýehowa aýdýar“».

14 Ýehowa şeýle diýýär: «Eý dönük ogullar, yzyňyza dolanyň! Sebäbi men siziň hakyky hojaýynyňyz*. Men şäherden bir adamy, taýpadan iki adamy alyp, sizi Siona getirerin+. 15 Men size göwnümden turýan çopanlary bererin+. Olar sizi bilim we düşünje bilen bakar. 16 Şol günlerde siz ýurtda köpelersiňiz, sanyňyz artar — muny Ýehowa aýdýar+. — Hiç kim „Ýehowanyň äht sandygy!“ diýip aýtmaz. Şeýle sözleri aýtmak olaryň pikirine⁠-⁠de gelmez. Olar muny ýatlamazlar ýa⁠-⁠da küýsemezler, başgasyny ýasamazlar. 17 Ol günlerde Iýerusalime Ýehowanyň tagty diýler+. Ähli milletler Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak üçin Iýerusalime ýygnanarlar+. Olar indi kesirlik edip, gara ýüreklerini diňlemezler».

18 «Şol günlerde ýahuda halky bilen ysraýyl halky bilelikde+ demirgazyk ýurtdan çykyp, ata⁠-⁠babalaryňyza miras beren ýurduma gelerler+. 19 Men şeýle diýdim: „Ogullarymyň arasyna getirip, size owadan ýurdy, milletleriň arasyndaky iň gözel ýeri miras berdim“+. Siz maňa: „Atam!“ diýersiňiz, ýollarymdan dänmersiňiz diýip pikir etdim. 20 Eý ysraýyl halky, aýalyň ärine biwepalyk edişi ýaly, siz hem maňa biwepalyk etdiňiz+ — muny Ýehowa aýdýar».

21 Takrap ýatan depelerden ses eşidilýär,

Ysraýyl halky aglaýar, perýat edýär.

Olar ýoldan çykdylar,

Ýehowa Hudaýyny unutdylar+.

22 «Eý dönük ogullar, yzyňyza dolanyň!

Men siziň biwepa ýüregiňizi bejereýin»+.

Şonda biz diýeris: «Ine biz seniň ýanyňa geldik,

sebäbi biziň Hudaýymyz sensiň, eý Ýehowa!+

23 Depelerden we daglardan gelýän sesler ýalandyr+.

Ýehowa Hudaýymyz Ysraýylyň halasgäridir+.

24 Emma ýigrenji taňry ýaşlygymyzdan+ bäri

Ata⁠-⁠babalarymyzyň daban azabyny,

Goýunlaryny, sürülerini,

Ogul⁠-⁠gyzlaryny ýalmap⁠-⁠ýuwudyp gelýär.

25 Goý, utanç düşegimiz bolsun,

Ryswalyk üstümizi örtsün!

Sebäbi ýaşlygymyzdan şu güne çenli,

Biz ata⁠-⁠babalarymyz bilen+

Ýehowa Hudaýymyza garşy günä edip gelýäris+,

Biz Ýehowa Hudaýymyza gulak asmadyk».

4 Ýehowa şeýle diýýär: «Maňa dolan, eý Ysraýyl!

Eger maňa dolansaň,

Nejis butlaryňy huzurymdan aýyrsaň,

Sergezdan bolup ýörmersiň+.

 2 Eger hakykatda, adyllykda, dogrulykda,

„Ýehowa diri şaýatdyr!“ diýip ant içseň,

Halklar Alladan bereket alarlar.

Onuň işlerine buýsanarlar»+.

3 Ýehowa Iýerusalim we ýahuda halkyna şeýle diýýär:

«Mellegiňizi sürüň,

Tikenekleriň arasyna tohum sepmäň+.

 4 Eý ýahuda halky, Iýerusalim ilaty!

Ýüregiňizi sünnetläň,

Ýehowa üçin sünnetleniň!+

Ýogsam zalym işleriňiz üçin gaharym ot kimin tutaşar,

Gazap odumy hiç kim söndürip bilmez»+.

 5 Ýahudada jar çekiň, Iýerusalimde yglan ediň,

Batly gygyryň, bütin ýurtda surnaý çalyň!+

Gygyryp şeýle diýiň: «Jem boluň,

Galalara gaçyň!+

 6 Siona gidýän ýol belgisini goýuň,

Boş durmaň, gaçybatalga gözläň».

Men demirgazykdan betbagtçylyk+,

Uly gyrgynçylyk getirerin.

 7 Tokaýdan çykan arslan kimin+,

Halklary ýok etjek duşman peýda boldy+.

Ol ýurduňyzy gorkunç hala salmak üçin çykdy.

Şäherleriňiz weýran bolar, hiç kim galmaz+.

 8 Şonuň üçin jul* geýiň+,

Gursagyňyza urup aglaň.

Sebäbi Ýehowa gahar⁠-⁠gazabyny bizden sowmady.

 9 Ýehowa şeýle diýýär: «Şol gün patyşanyň⁠-⁠da,

Han⁠-⁠begleriň⁠-⁠de ýüregi howsala düşer+,

Ruhanylar gorkarlar, pygamberler aňk bolarlar»+.

10 Şonda men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa! Sen: „Parahat ýaşarsyňyz!“+ diýip, halkyňy we Iýerusalimi aldadyň+. Ine, gylyç bokurdagymyza direlip dur» diýdim.

11 Şonda halka we Iýerusalime şeýle diýerler:

«Baýyrlardan gyzgyn ýel,

Halkymyň gyzynyň* üstüne öwser.

Ol ýel bugdaý sowurmak ýa⁠-⁠da arassalamak üçin öwüsmez.

12 Güýçli ýel meniň emrim bilen öwser,

Indi olara garşy hökümlerimi yglan ederin.

13 Duşman gara bulutlar kimin,

Söweş arabalary apy⁠-⁠tupan kimin geler+.

Olaryň atlary bürgütlerden ýyndamdyr+.

Waý halymyza, indi heläk bolarys!

14 Ýüregiňi erbetlikden tämizle,

Eý Iýerusalim, şonda halas bolarsyň+.

Haçana çenli erbetlik hakda pikirlenjek?

15 Dandan ses eşidiler+,

Efraýym daglarynda betbagtçylyk habary yglan ediler.

16 Muny halklara jar çekiň,

Iýerusalim iline habar beriň».

«Uzak ýurtdan içalylar* geler,

Olar Ýahuda şäherlerine batly ses bilen

Uruş yglan ederler.

17 Ekin meýdanyny goraýan daýhanlar ýaly,

Onuň daş⁠-⁠töweregini gabarlar+.

Sebäbi ol gozgalaň turuzdy+ — muny Ýehowa aýdýar.

18 Saýlan ýollaryňa, eden işleriňe görä jeza alarsyň,

Başyňa uly betbagtçylyk iner+,

Sebäbi dönüklik ýüregiňde kök urandyr».

19 Wah janym*, wah janym!

Köňlüm gan aglaýar,

Ýüregim para⁠-⁠para bolýar!

Men dymyp bilmedim,

Sebäbi surnaý sesini,

Söweş* sesini eşitdim+.

20 Yzly⁠-⁠yzyna betbagtçylyk habary geldi,

Bütin ýurt weýran boldy.

Çadyrlarym göz açyp⁠-⁠ýumasy salymda ýykyldy,

Matalary bir demde ýyrtyldy+.

21 Siona gidýän ýol belgisi haçana çenli durar?

Haçana çenli surnaý çalnar?+

22 «Akylsyz halkym+

Maňa hormat goýmaýar.

Olar akmak, düşünjesiz çaga kimindir.

Erbetlik etmäge ökdedir,

Ýagşylyk etmegi başarýan däldir».

23 Ýurda seretdim, boşluk we gum⁠-⁠guklukdy+.

Asmana bakdym, tüm⁠-⁠garaňkylykdy+.

24 Seretdim, daglar titredi,

Depeler sandyrady+.

25 Seretdim, janly⁠-⁠jemende ýokdy,

Asman guşlarynyň birem ýokdy+.

26 Ýene seretdim, bag⁠-⁠bakjalar çöle öwrülipdir,

Şäherleri weýran bolupdyr+.

Ýehowa bularyň baryny

Gahar⁠-⁠gazap bilen etdi.

27 Ýehowa şeýle diýýär: «Tutuş ýurt haraba döner+,

Emma ony doly ýok etmerin.

28 Şol sebäpli ýurt ahy⁠-⁠nala çeker+,

Asman tüm⁠-⁠garaňky bolar+.

Muny men aýtdym, men höküm çykardym.

Pikirimi üýtgetmerin*, niýetimden dänmerin+.

29 Atlylaryň, ýaýçylaryň sesinden

Şäheriň ähli halky gaçar+.

Olar jeňňellerde gizlener,

Gaýalaryň arasynda bukular+.

Şäherler boşap galar,

Olarda hiç kim ýaşamaz».

30 Sen weýran edildiň, indi näme edersiň?

Gyrmyzy köýnek geýerdiň,

Altyn şaý⁠-⁠sepler dakynardyň,

Gözüňe sürme çalardyň.

Emma özüňi biderek ýere bezediň+.

Saňa aşyk bolanlar, indi seni taşladylar,

Janyň kastyna çykdylar+.

31 Men Sion gyzynyň sesini eşitdim.

Ol burgusy tutýan aýal ýaly zaryn⁠-⁠zaryn aglaýardy,

Ilkinji çagasyny dogurýan gelin ýaly zordan dem alýardy.

Ol ellerini uzadyp+:

«Waý halyma! Ganhorlardan bizar boldum!» diýdi.

5 Iýerusalimiň köçelerine aýlanyp çykyň,

Daş⁠-⁠töweregiňize serediň, üns beriň.

Şäher meýdançasyndan*

Adalatly we wepaly adamy agtaryň+.

Eger ýekejesini tapsaňyz,

Men şäheri bagyşlaryn.

 2 Olar: «Ýehowa diri şaýatdyr!» diýip,

Ýalan ýere ant içýärler+.

 3 Ýehowa, sen wepaly adamlara nazar salýarsyň+.

Halkyňa temmi berdiň, emma sapak edinmediler.

Ýurduny weýran etdiň, ýöne terbiýäňi kabul etmediler+.

Olaryň ýüregi* daşdan beter gatady+,

Saňa dolanmak islemedi+.

 4 Men öz⁠-⁠özüme diýdim: «Olar düşünjesiz adamlar,

sebäbi olar akylsyzlyk edýärler.

Ýehowanyň ýoluny, Hudaýynyň hökümini bilmeýärler.

 5 Men ýolbaşçylaryň ýanyna baryp, olar bilen gepleşerin.

Olar Ýehowanyň ýoluny, Hudaýyň hökümini bilseler⁠-⁠de+,

Hudaýyň boýuntyrygyny* döwdüler,

Zynjyrlaryny üzdüler».

 6 Şol sebäpli arslan tokaýdan çykyp, olara topulýar,

Sähradaky möjekler olary ýok edýär.

Alajabars şäherleriniň töwereginde peýläp ýatýar,

Şäherden çykany tüýt⁠-⁠müýt edýär.

Sebäbi olaryň günäleri köpdür,

Olar hemişe dönüklik edýärler+.

 7 Indi men seni nädip bagyşlaýyn?

Ogullaryň menden ýüz öwürdiler,

Butlardan ant içdiler+.

Olaryň aladasyny etsem⁠-⁠de,

Zyna etmegini goýmadylar.

Ahlaksyz aýalyň öýüne üýşdüler.

 8 Olar mesirgäp, dyzaýan at kimin,

Başga biriniň aýalynyň üstüne kişňeýärler+.

 9 «Indi olardan hasabat soramarynmy?

Şu milletden arymy almarynmy?+ — Muny Ýehowa aýdýar.

10 Olaryň üzümçiligini weýran ediň,

Ýöne doly ýok etmäň+.

Şahalaryny kesip taşlaň,

Indi olar Ýehowanyňky däl.

11 Ysraýyl we ýahuda halky

Maňa dönüklik etdiler — muny Ýehowa aýdýar+.

12 Olar Ýehowadan ýüz öwrüp şeýle diýdiler:

„Ol bize hiç zat etmez*+,

Hiç hili betbagtçylyk⁠-⁠da,

Açlyk⁠-⁠da, söweş⁠-⁠de bolmaz“+.

13 Pygamberleri meniň sözlerimi aýtman,

Boş ýere ýaňraýarlar.

Olaryň boş sözleri⁠-⁠de, özleri⁠-⁠de ýok bolarlar».

14 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Adamlaryň aýdan boş sözleri üçin,

Sözümi agzyňda ot kimin ederin+.

Halk odundyr,

Sözüm olary ýakyp kül eder+.

15 Ysraýyl halky! Siziň üstüňize uzak ýurtdan bir halk çozduraryn+ — muny Ýehowa aýdýar.

Ol millet owaldan bardyr,

Gadymy halkdyr.

Onuň diline,

Aýdýan sözlerine düşünmersiň+.

16 Olaryň ok gaplary açyk mazar kimindir,

Ählisi batyr esgerlerdir.

17 Olar hasylyňy, çöregiňi+,

Ogul⁠-⁠gyzlaryňy,

Goýun⁠-⁠geçileriňi, mal⁠-⁠garalaryňy,

Üzüm, injir agaçlaryňy ýalmap ýuwudarlar.

Seniň bil baglaýan galalaryň ýer bilen ýegsan ediler».

18 Ýehowa şeýle diýýär: «Ýöne şol günlerde⁠-⁠de halky doly ýok etmerin+. 19 Halk senden: „Ýehowa Hudaýymyz näme üçin başymyza bela inderdi?“ diýip soranlarynda, olara: „Hudaýy taşlap, ýurduňyzda ýat taňra sežde etdiňiz. Şol sebäpli siz ýat ýurtda başga halklara hyzmat edersiňiz“+ diýip jogap ber».

20 Ýakup nesline jar et,

Ýahuda yglan et:

21 «Diňläň, eý akylsyz we düşünjesiz* halk!+

Gözüňiz bar, görmeýärsiňiz+,

Gulagyňyz bar, eşitmeýärsiňiz+.

22 Ýehowa diýýär: „Siz menden gorkmaýarsyňyz,

Huzurymda titremeýärsiňiz.

Men deňze çäge bilen serhet goýdum,

Deňiz çäginden geçmez ýaly ebedilik kanun çykardym.

Tolkunlar ýokary göterilse⁠-⁠de, çäginden çykmaýar,

Olar möwç ursa⁠-⁠da, dolup daşmaýar+.

23 Emma kesir we gozgalaňçy halk,

Meniň ýolumdan çykyp, öz ugruna gitdi+.

24 Olar: „Ýehowa Hudaýymyza hormat goýalyň!*

Ol güýz we ýaz ýagşyny berýär,

Ýagşy öz wagtynda ýagdyrýar,

Bize hasyl berýär*“ diýmediler+.

25 Etmişleriňiz we günäleriňiz bilen,

Özüňizi bereketlerden mahrum edýärsiňiz+.

26 Halkymyň arasynda erbet adamlar peýda boldy.

Olar guş awçysy kimin awuna garaşyp ýatdy.

Adamlary tutmak üçin

Ölüm howply duzak gurdy.

27 Olaryň öýleri guşdan doly kapasa ýaly,

Aldaw bilen toplanan baýlykdan doly+.

Olaryň güýç⁠-⁠kuwwaty hem mal⁠-⁠mülki artdy.

28 Semizlikden ýaňa ýüzlerinden ýag damýar,

Zalym işleri başyndan agýar.

Olar ýetimleriň hakyny iýýär+,

Garyplara adalatsyzlyk edip+,

Üstünlik gazanýar“».

29 «Indi olardan hasabat soramarynmy?

Şu milletden arymy almarynmy? — Muny Ýehowa aýdýar.

30 Ýurtda elhenç we gorkunç zatlar bolýar:

31 Pygamberler ýalan welilik edýär+,

Ruhanylar agalyk edýär.

Halkym olary goldaýar+.

Ýöne heläkçilik gelse, siz näme edip bilersiňiz?»

6 Benýamin ogullary, Iýerusalimden çykyň,

Gaçybatalgada gizleniň.

Tekoýada+ surnaý çalyň+,

Beýt⁠-⁠hakeremde ot ýakyp, duýduryş beriň!

Sebäbi demirgazykdan betbagtçylyk, uly heläkçilik gelýär+.

 2 Sion owadan we näzik gelne meňzeýär+.

 3 Çopanlar sürüleri bilen gelip,

Daş⁠-⁠töwereginde çadyrlaryny diker+.

Olaryň hersi öz sürüsini bakar+.

 4 «Iýerusalime garşy söweşe taýýarlanalyň!

Aýaga galalyň, gündiziň günortany hüjüm edeliň!»

«Waý halymyza! Gün ýaşyp barýar,

Öýlänki kölege süýşüp barýar!»

 5 «Turalyň, onuň üstüne gije çozalyň,

Berk diňlerini weýran edeliň»+.

 6 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Agaçlary kesiň,

Iýerusalimiň daşyna gabaw depesini galdyryň+.

Şäherde diňe zalymlyk edilýär+,

Şäher hasabat bermeli bolar.

 7 Guýynyň sowuk suwdan doly bolşy ýaly,

Şäher hem erbetlikden doludyr.

Zalymlyk we weýrançylyk şäherde höküm sürýär+.

Nirä seretsem, kesel we betbagt adamlary görýärin.

 8 Eý Iýerusalim, akylyňa aýlan,

Ýogsam seni ýigrenip, ýüz döndererin+.

Seni haraba, ilatsyz ýurda öwrerin»+.

 9 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Üzümiň iň soňky salkymynyň ýygnalyşy ýaly,

Duşmanlar hem Ysraýylyň aman galanlaryny ýygnarlar.

Sen⁠-⁠de üzümi ýygnaýan adam ýaly, olary ýygna».

10 «Kime aýdaýyn? Kime duýduraýyn?

Kim meni diňlär?

Olaryň gulaklary gapyldy*, hiç zat eşitmeýärler+.

Ýehowanyň sözünden şatlyk tapmaýarlar,

Gaýtam sözüniň üstünden gülýärler+.

11 Ýehowa ýaly, menem gaharlanýaryn,

Dymmakdan halys ýadadym»+.

Hudaý maňa diýdi: «Gazabyňy köçedäki çagalaryň,

Topar⁠-⁠topar bolup oturan ýaşlaryň üstüne dök+.

Är⁠-⁠aýallar, ýaşulular we garrylar,

Olaryň ählisi ýesir düşerler+.

12 Olaryň öýi, mellegi, aýallary başgalaryň eline berler+.

Sebäbi men halka jeza bererin — muny Ýehowa aýdýar.

13 Olaryň uludan⁠-⁠kiçisine çenli haram gazanç edýärler+,

Pygamberleri, ruhanylary hilegärlik edýärler+.

14 Halkymyň ýarasyny* çala bejerýärler.

Hiç hili parahatlyk bolmasa⁠-⁠da:

„Parahatlyk, parahatlyk!“ diýýärler+.

15 Olar ýigrenji işlerine utanýarlarmy?

Asla utanmaýarlar,

Utanç⁠-⁠haýany bilmeýärler+.

Şonuň üçin olar ýykylanlaryň arasynda bolarlar,

Men jeza berenimde büdrärler». Muny Ýehowa aýdýar.

16 Ýehowa şeýle diýýär:

«Ýoluň çatrygynda durup syn ediň.

Gadymy ýodalary soraň,

Haýsy ýoluň gowudygyny bilip, şondan ýöräň+,

Janyňyz rahatlyk tapar».

Emma olar: «Biz aýdan ýoluňdan ýöremeris» diýdiler+.

17 «Meniň bellän garawullarym+:

„Surnaýyň sesine üns beriň!“+ diýip duýdurdylar».

Halk bolsa: «Surnaýyň sesine üns bermeris» diýdiler+.

18 «Şonuň üçin diňläň, eý milletler!

Eý adamlar,

Iýerusalime näme boljagyny biliň.

19 Ýer ýüzi, diňläň!

Men halkyň üstüne heläkçilik ibererin+,

Guran duzaklaryna özlerini düşürerin.

Sebäbi olar sözlerime üns bermediler,

Kanunymdan* ýüz öwürdiler».

20 «Şebadan getiren ladanyňyzy*,

Uzakdan getiren ýakymly ysly gamşyňyzy näme edeýin?

Gurbanlyklaryňyz maňa ýaramaýar,

Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin»+.

21 Ýehowa şeýle diýýär:

«Halka badak ataryn*,

Olar büdräp ýykylarlar.

Atalar öz ogullary bilen,

Goňşular öz ýakyny bilen heläk bolarlar»+.

22 Ýehowa şeýle diýýär:

«Demirgazykdan bir halk geler,

Ýeriň aňry ujundan bir beýik millet aýaga galar+.

23 Olaryň elinde naýza we ýaý bardyr,

Zalym hem rehimsizdir,

Sesleri deňziň güwwüldisi ýalydyr.

Olar atlanyp gelýärler+.

Sion gyzy, olar seniň üstüňe

Bir adam ýaly nyzama düzülip gelýärler».

24 Biz olar hakda eşitdik,

Gollarymyzyň güýji gaçdy+.

Gaýgy⁠-⁠alada üstümizden basdy,

Çaga dogurýan aýal ýaly azap çekdik+.

25 Şäherden çykmaň,

Ýollarda ýöremäň.

Sebäbi duşman ýaraglydyr,

Ähli ýer howpludyr.

26 Eý halkymyň gyzy,

Jul* geýip+, kül üstünde otur.

Ýeke perzendiň ýasyny tutýan ýaly zaryn⁠-⁠zaryn agla+,

Sebäbi heläkleýji üstümize duýdansyz geler+.

27 «Zergäriň kümşi arassalaýşy ýaly, senem* halky arassala.

Halkymy barla,

Edýän işlerine ünsli seret.

28 Olaryň ählisi kesirdir+,

Töhmet atyp gezýändir+.

Ýürekleri mis hem demir ýaly gatandyr,

Ählisi ýoldan çykandyr.

29 Zergär kümşi arassalamak üçin jan etdi,

Hatda körükleri* ýanyp gitdi.

Emma tagallasy biderek boldy,

Otdan diňe gurşun çykdy+.

Halkdan erbetleri aýryp bilmedi+.

30 Ýehowa hem olary taşlady+,

Milletler olara „taşlanan kümüş“ diýerler».

7 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 2 «Ýehowanyň öýüniň derwezesiniň öňünde dur⁠-⁠da, habarymy yglan et: „Ýehowa sežde etmek üçin derwezelerden girýän ýahuda halky, Ýehowanyň sözüni diňläň. 3 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ýollaryňyzdan dönüp, işleriňizden el çekiň. Şonda sizi ýurduňyzda ýaşadaryn+. 4 Siz: „Ýehowanyň ybadathanasy! Ýehowanyň ybadathanasy! Ýehowanyň ybadathanasy!“ diýip, öz⁠-⁠özüňizi aldamaň+. 5 Eger ýollaryňyzdan dönüp, işleriňizden el çekseňiz, goňşy arasynda adalaty dikeltseňiz+; 6 gelmişeklere, ýetimlere we dul aýallara zulum⁠-⁠sütem etmeseňiz+, ýurtda bigünä adamyň ganyna galmasaňyz, özüňize zyýan ýetirip, ýat taňrylaryň yzyna eýermeseňiz+, 7 sizi watanyňyzda, ata⁠-⁠babalaryňyza ebedilik beren ýurdumda ýaşadaryn“».

8 «Emma siz ýalan sözlere ynanýarsyňyz+, munuň size hiç hili peýdasy bolmaz. 9 Siz ogurlyk edýärsiňiz+, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz+, Bagala gurbanlyk berýärsiňiz+, tanamaýan taňrylaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz. 10 Şeýle nejis işleri edeniňizden soňra meniň adym dakylan öýe gelip: „Biz halas bolarys!“ diýýärsiňiz. 11 Meniň adym dakylan öýe garakçylaryň mekanydyr öýdýärsiňizmi?+ Men näme edýäniňizi görüp durun». Muny Ýehowa aýdýar.

12 «„Indi beýik adym üçin Şiloda ilkinji saýlan ýerime+, mukaddes ýerime gidiň. Ysraýyl halkynyň eden zalym işleri üçin ol ýere näme edendigimi görüň+. 13 Emma siz ýene⁠-⁠de bularyň ählisini edýärsiňiz — muny Ýehowa aýdýar. — Men size gaýta⁠-⁠gaýta* aýtsam⁠-⁠da, gulak asmaýarsyňyz+. Sizi çagyrsam⁠-⁠da, jogap bermeýärsiňiz+. 14 Şonuň üçin Şiloda näme eden bolsam, siziň bil baglaýan+ we meniň adym dakylan öýi, size hem⁠-⁠de ata⁠-⁠babalaryňyza beren ybadathanamy hem şeýle ederin+. 15 Doganlaryňyzy, bütin Efraýym nesillerini huzurymdan kowşum ýaly, sizi⁠-⁠de kowaryn“+.

16 Indi halk üçin doga etme. Olar üçin aglap, maňa ýüz tutma, ýalbarma+. Men seni barybir diňlemerin+. 17 Ýahudanyň şäherlerinde we Iýerusalimiň köçelerinde olaryň näme edýändigini görmeýärmiň? 18 Ogullary odun ýygnaýar, kakalary ot ýakýar, Asman melikesine*+ sadaka çöregini bermek üçin ejeleri hamyr ýugurýar. Olar meni ynjatmak üçin başga taňrylara şerap sadakalaryny berýärler+. 19 Ýehowa şeýle diýýär: „Olar meni ynjadaryn öýdýärler, emma özleri zyýan çekip, utanja galýarlar“+. 20 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men gahar⁠-⁠gazabymy ýurduň, adamlaryň, ýyrtyjy haýwanlaryň, agaçlaryň we hasylyň üstüne dökerin+. Gaharym ot kimin lowlar, ol asla sönmez“+.

21 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Baryň, başga gurbanlyklary we ýakma gurbanlyklaryny getirýän bolsaňyz getiriberiň, etinem özüňiz iýiberiň+. 22 Sebäbi Müsürden çykaran günüm ata⁠-⁠babalaryňyza ýakma gurbanlyklary we başga gurbanlyklary bermek hakda agzamandym, gurbanlyk beriň diýip tabşyrmandym+. 23 Olara diňe şuny buýrupdym: „Maňa gulak asyň. Şonda men siziň Hudaýyňyz, siz⁠-⁠de meniň halkym bolarsyňyz+. Görkezen ýollarymdan ýöreseňiz, bol bereketleri alarsyňyz“+. 24 Ýöne olar meni diňlemediler, maňa gulak asmadylar+, kesirlik bilen öz pikirlerine, zalym ýüreklerine görä hereket etdiler+. Olar öňe ýöremän, yza ýörediler. 25 Ata⁠-⁠babalaryňyzyň Müsürden çykan gününden bäri+, men olaryň ýanyna her gün, yzly⁠-⁠yzyna pygamberlerimi ibererdim+. 26 Emma hiç kim meni diňlemedi, maňa gulak asmady+. Olar boýnuýogynlyk edip, ata⁠-⁠babalaryndan hem beter boldular.

27 Olara şu sözleri aýtsaň⁠-⁠da+, seni diňlemezler, olary çagyrsaň⁠-⁠da, saňa jogap bermezler. 28 Halka şeýle diýersiň: „Siz Ýehowa Hudaýyňyzdan ýüz öwren, terbiýesini kabul etmedik halk. Wepaly adam ýok, wepany agzaýan ýok“+.

29 Saçyňy* gyrk, takrap ýatan baýyrlara çykyp, zaryn⁠-⁠zaryn agla*. Sebäbi Ýehowa bu nesilden ýüz öwürdi, gaharyny getirendigi üçin olary taşlady. 30 Ýehowa şeýle diýýär: „Ýahuda halky meniň ýigrenýän işlerimi etdi. Olar meniň adym dakylan öýi haram etmek üçin nejis butlary dikdiler+. 31 Olar ogul⁠-⁠gyzlaryny otda ýakmak+ üçin Hennem oglunyň jülgesindäki*+ Topetde seždegähleri* gurdular. Men muny tabşyrmandym, beýle zat pikirime⁠-⁠de gelmändi“+.

32 Ýehowa şeýle diýýär: „Ol ýere Topet ýa⁠-⁠da Hennem oglunyň jülgesi däl⁠-⁠de, Gyrgynçylyk jülgesi diýiljek günler geler. Topetde jesetleriň köplüginden ýaňa jaýlamaga ýer galmaz+. 33 Halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar. Olary gorkuzan adam bolmaz+. 34 Ýahudanyň şäherlerinde we Iýerusalimiň köçelerinde öýlenýän ýigit bilen gelniň sesini, şatlyk we gülki sesini keserin+. Ýurt harabaçylyga öwrüler“»+.

8 Ýehowa şeýle diýýär: «Şol günler Ýahuda patyşalarynyň, han⁠-⁠begleriniň, ruhanylarynyň, pygamberleriniň we Iýerusalim ilatynyň süňkleri mazardan çykarylar. 2 Süňkler halkyň söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, agtaran, sežde eden Gününiň we Aýynyň, ähli asman jisimleriniň*+ astyna pytradylar. Olary hiç kim ýygnamaz, hiç kim jaýlamaz, topragyň ýüzünde ders ýaly pytrap ýatarlar»+.

3 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Meniň iberjek ýerlerimde betnebis halkyň aman galanlary janyndan doýup, ölesi geler».

4 «Olara Ýehowa şeýle aýdýar diý:

„Ýykylan adam aýaga galmazmy?

Bir adam yzyna öwrülse, beýlekisem yzyna öwrülmezmi?

 5 Iýerusalim halky näme üçin hemişe biwepalyk edýär?

Olar ýalana berk ýapyşýarlar,

Yzlaryna dolanmaýarlar+.

 6 Men olary ünsli diňledim, ýöne hiç kim hakykaty aýtmady.

Erbet işlerine toba edip:

„Men näme edipdirin?!“ diýýän adam ýok+.

Olar söweş meýdanyna okdurylýan atlar ýaly köpçüligiň yzyna düşýärler.

 7 Hatda leglek hem göçmeli wagtyny bilýär.

Gumry, atgarlawaç we jokjoky* hem dolanmaly wagtyny unutmaýar.

Ýöne halkym Ýehowanyň hökümine düşünmeýär“+.

 8 „Biz akylly, bizde Ýehowanyň kanuny bar“ diýmäge nädip diliňiz barýar?

Aslynda, hilegär kätipler galamy+ bilen

Diňe ýalan zatlary ýazýar.

 9 Akyldarlar masgara boldular+,

Gorkup, ýesir düşerler.

Olar Ýehowanyň sözüni diňlemediler.

Olar nädip paýhasly bolsun?

10 Olaryň aýalyny, melleklerini başgalara bererin+.

Olaryň uludan⁠-⁠kiçisine çenli haram gazanç edýärler+.

Pygamberleri, ruhanylary hilegärlik edýärler+.

11 Halkymyň* ýarasyny* çala bejerýärler.

Hiç hili parahatlyk bolmasa⁠-⁠da:

„Parahatlyk, parahatlyk!“ diýýärler+.

12 Olar ýigrenji işlerine utanýarlarmy?

Asla utanmaýarlar,

Utanç⁠-⁠haýany bilmeýärler+.

Şonuň üçin olar ýykylanlaryň arasynda bolarlar,

Men jeza berenimde büdrärler+ — muny Ýehowa aýdýar.

13 Men olaryň baryny bir ýere jemläp, ýok ederin — muny Ýehowa aýdýar.

Indi ne üzüm, ne⁠-⁠de injir agajynyň miwesi galar,

Ýapraklary saralyp solar.

Olara beren zadymy ellerinden alarlar».

14 «Biz näme üçin bärde otyrys?

Jem bolup, galalara gaçalyň+, ölsek⁠-⁠de şol ýerde öleliň.

Ýehowa Hudaýymyz bizi ýok eder,

Bize zäherli suw içirer+.

Sebäbi biz Ýehowa garşy günä etdik.

15 Parahatlyga umyt edýärdik, ýöne ýagşylyk görmedik,

Sagalmaga garaşýardyk, ýöne janymyz howp astynda+.

16 Danda duşman atlary kişňeýär,

Olaryň sesinden tutuş ýurt sarsýar.

Duşmanlar ýurdy eýeläp, ähli zadyny,

Şäheri we onuň halkyny ýok eder».

17 «Men siziň üstüňize ýylanlary iberýärin.

Zäherli ýylanlardan gutulyp bolmaz.

Olar sizi çakarlar». Muny Ýehowa aýdýar.

18 Derdime derman ýokdur,

Ýüregim ýaralydyr.

19 Halkymyň gyzy uzak ýurtdan

Zaryn ses bilen kömek soraýar:

«Ýehowa Sionda dälmi?

Sionyň patyşasy ýokmy?»

«Olar näme üçin guýma butlara,

Dereksiz, ýat taňrylara sežde edip, meni ynjatdylar?»

20 «Hasyl ýygyldy, tomus sowuldy,

Bizi hiç kim halas etmedi».

21 Halkymyň ýarasyny görüp, ýüregim paralandy+,

Halym harap boldy.

Men juda gorkdum.

22 Gileadda melhem ýokmy?+

Ol ýerde lukman ýokmy?+

Halkym näme üçin henizem sagalmady?+

9 Käşgä başym guýy,

Gözlerim çeşme bolsady!+

Halkymyň heläk bolanlary üçin

Gije⁠-⁠gündiz aglardym.

 2 Wah, çölde syýahatçylaryň kerwensaraýy bolsady,

Halkymy taşlap, çykyp giderdim.

Sebäbi olar zynahor+,

Dönük halkdyr.

 3 Atyljak ýaý ýaly, dilleri ýalan sözlemäge taýyn.

Ýurtda wepalylyk däl⁠-⁠de, ýalan höküm sürýär+.

Ýehowa şeýle diýýär: «Olar zalym işlerde ökdeleşdiler.

Meni äsgermeýärler+.

 4 Her bir adam goňşusyndan ägä bolsun,

Süýtdeş doganyna ynanmasyn.

Doganlaryň ählisi dönükdir+,

Goňşularyň bary töhmetçidir+.

 5 Her kes goňşusyny aldaýar,

Hakykaty aýdýan adam ýok.

Olaryň dili ýalan sözlemäge öwrenişen+.

Olar erbetlik edip güýçden gaçýarlar.

 6 Sen ýalançylaryň arasynda ýaşaýarsyň,

Olar ýalan sözleýärler. Meni tanamak islemeýärler».

Muny Ýehowa aýdýar.

 7 Şonuň üçin Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Men olary eredip, synagdan geçirerin+.

Halkymyň gyzyna başga näme edeýin?

 8 Dilleri ýalan ýagdyryp, zäherli peýkam kimin sanjylýar,

Goňşusyna süýji sözleri aýdýar,

Ýüreginde bolsa duzak gurýar.

 9 Indi olardan hasabat soramarynmy?

Şu milletden arymy almarynmy?+ — Muny Ýehowa aýdýar.

10 Daglar üçin aglap, ahy⁠-⁠nala çekerin,

Çölüň öri meýdanlary üçin agy* aýdaryn.

Ol ýerleri ýakdylar, indi hiç kim deňinden geçmeýär,

Mal⁠-⁠garanyň sesi eşidilmeýär,

Guşlar uçdy, ýyrtyjy haýwanlar gaçyp gitdi+.

11 Men Iýerusalimi daş üýşmegine+,

Şagallaryň sürenine öwrerin+.

Ýahudanyň şäherleri boşap galar, janly⁠-⁠jemende galmaz+.

12 Muňa düşüner ýaly akyldar barmy?

Jar etmegi Ýehowa kime tabşyrar?

Ýurt näme üçin weýran boldy?

Ýurt näme üçin çöle döndi?

Indi hiç kim ol ýerlerden geçmeýär».

13 Ýehowa şeýle diýdi: «Olar beren kanunymdan* ýüz öwrüp, berjaý etmediler, sözüme gulak asmadylar. 14 Olar kesirlik bilen kellesine gelenini etdiler+, ata⁠-⁠babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butlarynyň yzyna eýerdiler+. 15 Şol sebäpli Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Halka ajy ýowşan iýdirerin, zäherli suw içirerin+. 16 Olary özleriniň, atalarynyň tanamaýan halklarynyň arasyna pytradaryn+. Olaryň üstüne gylyç ibererin, hemmesini gyraryn“+.

17 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

„Bolýan zatlar hakda oýlanyň.

Agy aýdýan aýallary çagyryň+,

Ökdelerine habar ýollaň, gelsinler.

18 Tizräk gelsinler, siziň üçin agy aýtsynlar.

Gözüňiziň ýaşy diňmesin,

Kirpigiňiziň ýaşy guramasyn+.

19 Siondan agy sesi eşidilýär+:

„Bizi weýran etdiler,

Masgara bolduk!

Ýurdumyzdan kowdular, öýümizi ýumurdylar“+.

20 Eý aýallar, Ýehowanyň sesini eşidiň,

Sözüne gulak asyň!

Şu agyny gyzlaryňyza,

Biri⁠-⁠biriňize öwrediň+.

21 Ölüm penjirämizden girdi,

Berk diňlerimize geldi,

Köçelerden çagalary,

Şäher meýdançasyndan* ýigitleri alyp gitdi“+.

22 Olara şeýle diý: „Ýehowa yglan edýär:

„Jesetler topragyň ýüzünde ders ýaly pytrap ýatar.

Jesetler orlan bugdaý ýaly çaşyp ýatar.

Hiç kim olary ýygnamaz“»+.

23 Ýehowa şeýle diýýär:

«Paýhasly adam öz akylyna öwünmesin+,

Pälwan güýjüne guwanmasyn,

Baý mal⁠-⁠mülküne buýsanmasyn»+.

24 Ýehowa şeýle diýýär: «Öwünýän adam

Meni tanaýandygyna, bilýändigine öwünsin+.

Goý, ol adam meniň, Ýehowanyň ýer ýüzünde wepaly*,

Adalatly we dogruçyl höküm sürýändigime buýsansyn+.

Men şu zatlardan şatlyk tapýaryn»+.

25 Ýehowa diýýär: «Şeýle günler geler, sünnetli, ýöne ýüregi sünnetlenmedik her bir adamdan, 26 Müsürden+, Ýahudadan+, Edomdan+, Mowapdan+, ammonlardan+ we sakgaly gyrkylan çarwa halkyndan+ hasabat soraryn. Sebäbi olar sünnetsizdir, bütin ysraýyl halkynyň ýüregi hem sünnetsizdir»+.

10 Eý Ysraýyl öýi, Ýehowanyň hökümini diňläň! 2 Ýehowa şeýle diýýär:

«Milletleriň ýoluny öwrenmäň+.

Başga halklar ýaly,

Asmandaky alamatlardan gorkmaň+.

 3 Halklaryň däp⁠-⁠dessurlary biderekdir.

Ussa tokaýdan getirilen agaja

Guraly bilen şekil berýär+.

 4 Adamlar ony altyn⁠-⁠kümüş bilen bezeýärler+,

Ýykylmaz ýaly çekiç bilen çüýleýärler+.

 5 Butlar hyýar meýdanyndaky garantga meňzeýärler, gepläp bilmeýärler+.

Butlar ýöräp bilmeýärler, olary göterip geçirýärler+.

Olardan gorkmaň, sebäbi olar ne erbetlik,

Ne⁠-⁠de ýagşylyk edip bilýärler»+.

 6 Eý Ýehowa, saňa taý geljek ýokdur+.

Sen şan⁠-⁠şöhratlysyň, adyň beýik hem gudratlydyr.

 7 Eý milletleriň Patyşasy+, senden gorkmajak barmy?

Sen hormata mynasypsyň.

Halklaryň we patyşalyklaryň akyldarlarynyň hiç biri

Saňa taý gelmez+.

 8 Olaryň ählisi düşünjesiz hem akmak+.

Agaç butdan maslahat soraýan adam öz⁠-⁠özüni aldaýar+.

 9 Ussalar we zergärler agajy bezemek üçin,

Tarşyşdan+ getirilen kümüş gaplary,

Upaz altynyny ulanýarlar.

Butlary gök ýüpek we badam reňkli ýüň bilen bezeýärler.

Butlar ussalaryň işidir.

10 Emma Ýehowa hak Hudaýdyr.

Ol Biribardyr+, ebedi Patyşadyr+.

Onuň gaharyndan ýer titreýär+,

Hiç bir millet gazabyna çydap bilmez.

11* Olara şuny aýt:

«Ýeri, gögi ýaratmadyk taňrylar,

Gök astyndan, ýer ýüzünden ýok ediler»+.

12 Alla gudraty bilen Ýeri,

Akyldarlygy bilen mes topragy ýaradandyr+,

Düşünjesi bilen gök gümmezini ýaýandyr+.

13 Ol geplände

Gögüň suwlary joşýar+.

Ol bulutlary ýeriň dört künjeginden asmana galdyrýar+,

Ýyldyrym çakdyryp*, ýagyş ýagdyrýar,

Ammarlaryny açyp, ýel öwüsdirýär+.

14 Bilimsiz adam akmaklyk edýändir,

Zergär ýasan oýma buty bilen masgara bolar+.

Onuň guýma buty ýalandyr,

Ol jansyzdyr+.

15 Olar biderekdir, masgara bolar+,

Hasabat bermeli güni gelende hemmesi ýok ediler.

16 Ýakubyň Hudaýy* olara meňzeýän däldir.

Ol ähli zada şekil berendir,

Ysraýyl onuň arzyly mirasydyr*+,

Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr+.

17 Eý gabawda oturan aýal,

Goş⁠-⁠golamyňy ýygna.

18 Ýehowa şeýle diýýär:

«Men ýurduň ýaşaýjylaryny kowup çykararyn+,

Olary agyr güne salaryn».

19 Ýüregim dilim⁠-⁠dilim boldy+,

Indi derdime derman ýok.

Men diýdim: «Başyma gelen derdi egnim bilen çekmeli.

20 Çadyrym ýykylyp, ýüpleri üzüldi+.

Ogullarym meni taşlap gitdi, olar ýok indi+,

Çadyrymy dikmäge, matalaryny asmaga hiç kim galmady.

21 Çopanlar akylsyzlyk edip+,

Ýehowa ýüz tutmadylar+.

Şol sebäpli olar akmaklyk edip,

Ähli sürülerini dargatdylar»+.

22 Duşmanlar ýetip gelýär,

Demirgazykdan güýçli gürrüldili ses eşidilýär+.

Olar Ýahuda galalaryny harabalyga,

Şagallaryň sürenine öwrer+.

23 Ýehowa, bilýärin, adam ýörejek ýoluny saýlap bilmeýär,

Hatda nirä ädim ätjegini çözüp bilmeýär+.

24 Ýehowa, maňa adalatly temmi ber,

Ýöne gahar⁠-⁠gazaba münme+, meni ýok edäýme+.

25 Seni äsgermeýän milletleriň+,

Adyňy çagyrmaýan taýpalaryň başyna gazabyňy inder.

Sebäbi olar Ýakuby ýok etdiler+,

Ýer bilen ýegsan etdiler+,

Watanyny çöle öwürdiler+.

11 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 2 «Goý, her kes ähtiň sözlerini eşitsin.

Olary ýahuda halkyna, Iýerusalim ilatyna aýt. 3 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa yglan edýär diý: „Ähtimiň sözlerine tabyn bolmadyklara nälet bolsun+. 4 Men ata⁠-⁠babalaryňyzy Müsürden, gyzgyn tamdyrdan* çykaran günüm tabşyryk beripdim+. Olara şeýle diýdim: „Maňa gulak asyň, ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz meniň halkym, men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn+. 5 Ata⁠-⁠babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermek üçin içen antymy, beren wadamy ýerine ýetirerin“+. Görşüňiz ýaly, siz şol ýurtda ýaşaýarsyňyz“».

Men: «Eý Ýehowa, goý, şeýle bolsun!*» diýdim.

6 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ýahudanyň şäherlerinde we Iýerusalimiň köçelerinde yglan et: „Ähtiň sözlerini eşidiň, olary ýerine ýetiriň. 7 Men ata⁠-⁠babalaryňyzy Müsürden çykaran günümden bäri, olara gaýta⁠-⁠gaýta* duýduryp: „Maňa gulak asyň“ diýdim+. 8 Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, kesirlik etdiler we zalym ýüreklerine eýerdiler+. Buýruklarymy berjaý etmediler, ähtimiň sözlerini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin men ähtde ýazylan näletleri olaryň başyna inderdim“».

9 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ýahuda halky we Iýerusalim ilaty maňa garşy dil düwüşdiler. 10 Olar maňa gulak asmadyk ata⁠-⁠babalarynyň günälerini gaýtaladylar+. Başga taňrylara çokundylar, olara gulluk etdiler+. Ysraýyl we Ýahuda öýi ata⁠-⁠babalary bilen baglaşan ähtimi bozdular+. 11 Şol sebäpli Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň başyna betbagtçylyk indererin+, gutulyp bilmezler. Kömek sorap çagyranlarynda, olary diňlemerin+. 12 Şonda Ýahudanyň şäherleri we Iýerusalimiň ilaty gurbanlyk beren taňrylaryndan hemaýat sorarlar+, emma olar halky betbagtçylykdan halas edip bilmezler. 13 Eý Ýahuda, seniň şäherleriň sany näçe bolsa, taňrylaryň sany⁠-⁠da şonçadyr. Ýigrenji taňra, Bagala gurbanlyk bermek üçin guran ojaklaryňyzyň* sany Iýerusalimiň köçeleriniň sanyna ýetdi“+.

14 Indi halk üçin doga etme. Olar üçin aglap, maňa ýüz tutma, ýalbarma+. Olaryň başyna betbagtçylyk inende, menden kömek sorarlar, emma olary diňlemerin.

15 Mähriban halkymyň öýüme gelmäge näme haky bar?

Sebäbi olaryň köpüsi henizem zalymlyk edýärler.

Seniň* beren gurbanlyklaryň*

Betbagtçylykdan halas edip bilermi?

Şonda şatlanyp bilersiňmi?

16 Bir wagtlar Ýehowa saňa gür ýaprakly,

Datly miweli, owadan zeýtun agajy diýýärdi.

Alla ony oda taşlanda uly goh⁠-⁠galmagal turdy.

Duşmanlar agajyň şahalaryny çapdylar.

17 Seni eken+ Serkerdebaşy Ýehowa başyňa betbagtçylyk inderer. Sebäbi Ysraýyl we Ýahuda öýi zalym işleri etdiler, Bagala gurbanlyk berip meni ynjatdylar»+.

18 Eý Ýehowa, meni habarly etdiň,

Halkyň edýän işlerini görkezdiň.

19 Men damagy çalynmaga äkidilýän guzy kimindim,

Maňa duzak gurandyklaryny bilmeýärdim+.

Olar: «Geliň, miweli agajy kesip taşlalyň.

Ady ýatlanmaz ýaly,

Ýagty jahandan ýok edeliň» diýdiler.

20 Emma Serkerdebaşy Ýehowa adalatly höküm çykardy.

Ol oý⁠-⁠pikirleri*, ýürekleri barlaýandyr+.

Ýa Alla, olardan ar alşyňy göreýin,

Men arz⁠-⁠şikaýatymy saňa aýtdym.

21 Janymyň kastyna çykan Anatot+ halky: «Ýehowanyň adyndan pygamberlik etme+, ýogsam biziň elimizden ölersiň» diýýärler. Ýehowanyň olara aýdan sözi şudur. 22 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Olardan hasabat soraryn. Ýigitleri gylyçdan geçiriler+, ogul⁠-⁠gyzlary açlykdan gyrlar+. 23 Hiç kim aman galmaz. Men Anatot+ halkyndan hasabat sorajak ýylym başlaryna betbagtçylyk indererin».

12 Eý Ýehowa, saňa arzymy aýdanymda,

Arz⁠-⁠şikaýat edenimde,

Sen adalatlysyň+.

Emma näme üçin erbetleriň işi ugruna bolýar?+

Dönükler näme üçin aladasyz ýaşaýar?

 2 Sen olary ekdiň, kök urdular,

Ösüp miwe berdiler.

Olar seni dilinden düşürmese⁠-⁠de,

Oý⁠-⁠pikiri* senden uzakda+.

 3 Eý Ýehowa, meni görýärsiň, gowy tanaýarsyň+,

Ýüregimi barladyň, saňa wepalydygymy gördüň+.

Olary damagy çalynjak goýun kimin saýlap goý,

Öldürilmeli güni üçin aýryp goý.

 4 Haçana çenli ýurt çöl bolup ýatar?

Haçana çenli ekin meýdanlary gurap ýatar?+

Ýurduň zalym halkyndan ýaňa

Ýyrtyjy haýwanlar we guşlar ýok boldular.

Sebäbi adamlar: «Hudaý gelejegimizi bilmeýär» diýýärler.

 5 Soňra Alla maňa şeýle diýdi:

«Sen adamlar bilen ýaryşyp ýadaýan bolsaň,

Atlar bilen nädip ýaryşarsyň?+

Sen parahat ýurtda özüňi arkaýyn duýýarsyň welin,

Iordanyň jeňňelinde näme edersiň?

 6 Seniň doganlaryň, ataň tohum⁠-⁠tiji,

Saňa dönüklik etdiler+,

Üstüňe gygyrdylar.

Olar saňa ýagşy söz aýtsalar⁠-⁠da,

Olara ynanma.

 7 Men öýümi taşlap+, mirasymy terk etdim+.

Mähriban halkymy duşmanlarynyň eline berdim+.

 8 Mirasym jeňňeliň arslany kimin üstüme arlanda,

Meniň ýüregim ýigrençden doldy.

 9 Mirasym owadan* laçyn guşy ýalydy.

Ýyrtyjy guşlar çar tarapdan hüjüm etdiler+.

Eý wagşy haýwanlar, jem boluň, çozuň!

Ony ýalmap ýuwudyň+.

10 Çopanlar üzümçiligimi+ ýok etdiler.

Olar mellegimi depelediler+.

Mes toprakly* ýerimi çöle öwürdiler.

11 Ol ýer boşap galdy.

Gözümiň alnynda gurady*,

Çöle döndi+.

Tutuş ýurt haraba öwrüldi,

Emma hiç kimiň azaryna⁠-⁠da* däl+.

12 Çölüň içinden geçýän ýollardan garakçylar geldi,

Ýehowanyň gylyjy tutuş ýurdy gyryp taşlady+.

Indi parahatlyk ýok.

13 Olar bugdaý ekip, ýandak ordular+.

Olar der döküp zähmet çekseler⁠-⁠de, bary biderek boldy.

Ýehowanyň gahar⁠-⁠gazabyndan ýaňa

Olar hasyl alyp bilmän masgara bolar».

14 Ýehowa şeýle diýýär: «Ysraýyla beren mirasyma çozan erbet goňşularyny+ ýurdundan sogrup taşlaryn+. Ýahuda öýüni hem olaryň arasyndan kowup çykararyn. 15 Emma olary sogran hem bolsam, ýene⁠-⁠de rehim ederin. Olaryň her birine öz mirasyny we öz ýerini gaýtaryp bererin».

16 «Olar halkymyň ýollaryny öwrenseler we Bagaldan ant içişleri ýaly „Ýehowa diri şaýatdyr!“ diýip, adymdan ant içseler, halkymyň arasynda ýaşarlar. 17 Eger halklaryň biri gulak asmasa, men şol halky gyryp ýok ederin». Muny Ýehowa aýdýar+.

13 Ýehowa maňa: «Git⁠-⁠de, zygyr* matadan guşak satyn al, ony biliňe guşa, ýöne suw degiräýme» diýdi. 2 Men Ýehowanyň aýdyşy ýaly guşak satyn alyp, bilime guşadym. 3 Ýehowa maňa ikinji gezek ýüzlenip şeýle diýdi: 4 «Satyn alyp, biliňe daňan guşagyňy al⁠-⁠da, Ýewfrata git we gaýanyň jaýrygynda gizle». 5 Men Ýehowanyň buýruşy ýaly, guşagy Ýewfratyň golaýynda gizledim.

6 Köp gün geçensoň, Ýehowa maňa: «Tur, Ýewfrata git, meniň emrim bilen gizlän guşagyňy alyp gel» diýdi. 7 Men Ýewfrata gitdim, gizläp goýan ýerimden guşagy gazyp çykardym. Görsem, guşak çüýräpdir, derde ýarar ýaly bolmandyr.

8 Ýehowa maňa şeýle diýdi: 9 «Ýehowa şeýle diýýär: „Ýahudanyň ulumsylygyny we Iýerusalimiň ýere⁠-⁠göge sygmaýan tekepbirligini edil şu guşak ýaly çüýrederin+. 10 Zalym halk sözüme gulak asmaýar+, kesirlik bilen kellesine gelenini edýär+, başga taňrylara çokunyp, olara gulluk edýär, sežde edýär. Zalym halk derde ýaramaýan guşak ýaly bolar. 11 Men bütin Ysraýyl we Ýahuda öýüni guşak kimin bilime guşadym — muny Ýehowa aýdýar. — Olar meniň halkym+, şan⁠-⁠şöhratym+ we abraýym bolmalydylar. Emma olar maňa gulak asmadylar“+.

12 Olara şu habary ýetir. Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Her bir uly küýze şerapdan doly bolsun“. Olar saňa: „Uly küýzeleriň şerapdan doly bolmalydygyny bilýäris“ diýerler. 13 Şonda olara Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men ýurduň ilatyny, Dawudyň tagtynda oturan patyşalary, ruhanylary, pygamberleri we Iýerusalimiň ähli ilatyny serhoş ederin“+. 14 Ýehowa şeýle diýýär: „Men ataly⁠-⁠ogly biri⁠-⁠biri bilen gyrlyşdyraryn+. Olary ýok edenimde haýpym gelmez, ýüregim awamaz, rehimim inmez, meni hiç zat saklap bilmez“+.

15 Ünsli diňläň,

Tekepbir bolmaň, sebäbi Ýehowa gepleýär.

16 Hudaý tümlük indermänkä,

Dagda alagaraňkylykda büdremänkäňiz,

Ýehowany şöhratlandyryň.

Siz ýagtylyga garaşarsyňyz,

Hudaý üstüňizi garaňkylyk bilen örter;

Ýagtylygy tümlüge öwrer+.

17 Siz gulak asmasaňyz,

Tekepbirlik etseňiz, gizlinlikde aglaryn.

Gözýaş dökerin, gözlerimiň ýaşy sil bolup akar+,

Sebäbi Ýehowanyň sürüsi+ ýesir edilip äkidildi.

18 Patyşa we onuň ejesine+: „Tagtdan düşüň,

Sebäbi owadan täjiňiz başyňyzdan alnar“ diý.

19 Günorta şäherleriniň derwezeleri ýapyldy,

Olary açjak tapylmaz.

Tutuş Ýahuda sürgün edildi, ählisi ýesir alyndy+.

20 Eý Iýerusalim, başyňy galdyryp,

Demirgazykdan gelýänlere seret+.

Hany saňa berlen süri? Semiz goýunlaryň nirede?+

21 Saňa jana⁠-⁠jan dostlaryň jeza berse, näme edersiň?+

Çaga dogurýan aýal ýaly seni sanjy tutmazmy?+

22 Şonda: „Bular näme üçin meniň başyma indi?“+ diýersiň.

Günäleriň köpdügi sebäpli eşigiň sypyrlyp alnar+,

Dabanyň gabarar.

23 Garaýagyz* adamyň reňkini,

Alajabarsyň meneklerini üýtgedip bilmeýşi ýaly+,

Siz hem ýagşy işleri etmegi başarmaýarsyňyz.

Sebäbi erbetlik siziň ganyňyza siňipdir.

24 Men olary çöl ýeline tozaýan saman kimin dargadaryn+.

25 Saňa düşen bije, saňa ölçäp beren paýym şudur»

Muny Ýehowa aýdýar.

«Sebäbi sen meni unutdyň+, ýalana bil bagladyň+.

26 Köýnegiň etegini ýüzüňe çenli galdyraryn,

Uýat ýeriň görner+.

27 Hemmeler seniň baýtal kimin kişňeýşiňi eşiderler,

Ahlaksyz, haýasyz işleriňi+ görerler.

Men depeleriň üstünde,

Melleklerde edýän ýigrenji işleriňi gördüm+.

Eý Iýerusalim, waý halyňa!

Sen haçana çenli haram işleri edersiň?»+

14 Ýehowa gurakçylyk+ barada Ýermeýa pygambere şeýle diýdi:

 2 Ýahuda ýas tutýar+, derwezeleri çüýreýär.

Olar gaýgy⁠-⁠gamdan ýaňa ýere çökýär.

Iýerusalimiň perýady göge ýetýär.

 3 Hojaýynlar hyzmatkärlerini suw getirmäge iberýär.

Olar guýynyň başyna barýarlar, ýöne suw tapmaýarlar.

Boş küýzeli yzyna dolanýarlar.

Utançdan, gaýgy⁠-⁠gamdan ýaňa başlaryny örtýärler.

 4 Ýurda ýagyş ýagmansoň, ýer jaýrylýar+.

Daýhanlar gaýgy⁠-⁠gussadan ýaňa başyny örtýärler.

 5 Sähranyň keýigi ot tapman,

Guzlan owlagyny taşlap gidýär.

 6 Gulanlar gurap ýatan baýyrlara çykyp,

Şagallar ýaly haşlap dem alýar.

Al⁠-⁠ýaşyl ýaýlalar gurap ýatansoň,

Gulanlaryň gözleriniň nury öçýär+.

 7 Günälerimiz bize garşy şaýatlyk edýär,

Eý Ýehowa, öz adyň hatyrasyna aýaga gal+.

Ençeme sapar dönüklik etdik+,

Saňa garşy günä etdik.

 8 Eý Ysraýylyň umydy,

Hasrat çekýän halkyň Halasgäri!+

Sen ýurtda näme üçin ýat adam kimin,

Bir gijelik myhman ýaly bolýarsyň?

 9 Sen näme üçin howsala düşen,

Halkyny halas edip bilmeýän pälwan ýaly bolýarsyň?

Eý Ýehowa, sen biziň bilensiň+,

Seniň adyňy göterýäris+,

Bizi ýeke goýma.

10 Ýehowa halky barada şeýle diýýär: «Olar enteşip ýörmegi halaýarlar+, aýaklaryna dynç bermeýärler+. Ýehowa olardan razy däldir+. Hudaý olaryň etmişlerini ýatlar, günäleri üçin hasabat sorar»+.

11 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Halka ýagşylyk diläp doga etme+. 12 Olar agyz bekleseler⁠-⁠de, perýadyny eşitmerin+. Ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny kabul etmerin+. Men gylyç, açlyk we mergi bilen olary gyraryn»+.

13 Men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa! Pygamberler halka: „Uruş görmersiňiz, açlyk çekmersiňiz, Hudaý sizi ýurduňyzda sag⁠-⁠salamat ýaşadar“ diýýärler»+ diýdim.

14 Ýehowa maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler meniň adymdan ýalan welilik edýärler+. Men olary ibermedim, hiç zat tabşyrmadym, olara bir sözem aýtmadym+. Olar ýalan görnüşleri* aýdýarlar, biderek pal atýarlar we ýalan zatlary toslap tapýarlar+. 15 Ýehowa şeýle diýýär: „Men pygamberleri ibermesem⁠-⁠de, olar meniň adymdan: „Uruş görmersiňiz, açlyk çekmersiňiz“ diýip welilik edýärler. Emma olaryň özleri uruşdan we açlykdan heläk bolarlar+. 16 Pygamberleriň sözlerini diňlän adamlar hem açlykdan we gylyçdan gyrlyp, Iýerusalimiň köçelerinde ýatarlar. Olaryň özlerini, aýallaryny we ogul⁠-⁠gyzlaryny hiç kim jaýlamaz+. Men olaryň eden işlerine laýyk heläkçiligi başlaryna indererin“+.

17 Olara şeýle diý:

„Gije⁠-⁠gündiz gözýaşym sil bolup akýar+.

Halkymyň gyzyny urdular+,

Ol agyr ýaralandy.

18 Şäherden çyksam,

Gylyçdan gyrlanlary görýärin+.

Şähere girsem,

Açlykdan heläk bolanlary görýärin+.

Pygamberler we ruhanylar ýat ýurtda enteşip ýörler“»+.

19 Eý Alla, Ýahudany doly terk etdiňmi? Siony ýigrendiňmi?+

Derdimiziň dermany ýok. Bize näme üçin jeza berýärsiň?+

Parahatlyga umyt edýärdik, ýöne ýagşylyk görmedik,

Sagalmaga garaşýardyk, ýöne janymyz howp astynda+.

20 Eý Ýehowa, erbet işlerimizi,

Ata⁠-⁠babalarymyzyň ýazyklaryny boýun alýarys.

Biz saňa garşy günä etdik+.

21 Öz adyň hatyrasyna bizi terk etme+,

Şöhratly tagtyňdan ýüz öwürme.

Biziň bilen baglaşan ähtiňi ýada sal, ony bozma+.

22 Halklaryň dereksiz butlary ýagyş ýagdyryp bilermi?

Asmandan ýagyş öz⁠-⁠özünden ýagarmy?

Eý Hudaýymyz Ýehowa, muny diňe sen başarýarsyň!+

Diňe saňa umyt baglaýarys,

Sebäbi ählisini diňe sen edip bilersiň!

15 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Musa bilen Şamuwel halk üçin töwella etse⁠-⁠de+, men olara rehim etmerin. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsinler. 2 Olar saňa: „Biz nirä gideli?“ diýseler, Ýehowa şeýle aýdýar diý:

„Mergä höküm edilen, mergiden gyrylsyn!

Gylyja höküm edilen, gylyçdan geçirilsin!+

Açlyga höküm edilen, açlykdan ölsün!

Sürgüne höküm edilen, sürgüne gitsin!“+

3 Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň üstüne dört betbagtçylyk*+ indererin: öldürmek üçin gylyjy, jesetlerini süýremek üçin itleri, iýip ýok etmek üçin ýyrtyjy guşlary we wagşy haýwanlary ibererin+. 4 Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işleri+ sebäpli halky agyr hala salaryn. Ýer ýüzüniň halklary olary görüp gorkarlar+.

 5 Iýerusalim, kimiň saňa ýüregi awar?

Kimiň saňa haýpy geler?

Kim hal⁠-⁠ýagdaýyňy soramaga barar?“

 6 Ýehowa şeýle diýýär: „Sen meni terk etdiň+,

Menden ýüz öwürdiň*+.

Şonuň üçin güýçli golum bilen seni ýok ederin+.

Saňa rehim etmekden ýadadym.

 7 Men olary şäherlerde* çarşak* bilen ýele sowraryn.

Çagalaryny öldürerin+,

Halkymy ýok ederin.

Sebäbi olar ýollaryndan yzyna dolanmadylar+.

 8 Dul aýallaryny deňziň çägelerinden hem köp ederin.

Günortan çagy ejesiniň,

Oglunyň üstüne heläkleýjini ibererin.

Olara duýdansyz howp abanar we gorky gaplap alar.

 9 Ýedi çagany dogran aýal indi tapdan düşdi.

Ol zordan dem alýar.

Güneşi gündiziň güni batyp,

Utanja goýdy, masgara etdi*.

Olaryň sanlyjasy aman galsa⁠-⁠da,

Duşman gylyjy bilen gyraryn“. Muny Ýehowa aýdýar»+.

10 Waý halyma! Ejem jan, meni näme üçin dünýä inderdiň?+

Il⁠-⁠gün meniň bilen dawa edýär.

Men hiç kime karz bermedim, hiç kimden karz almadym.

Emma adamlaryň bary meni näletleýär.

11 Ýehowa şeýle diýýär: «Saňa hemaýat ederin,

Agyr we aladaly günüňde ýardam ederin.

Duşmanlaryň üstüňe gelende seni goldaryn.

12 Kim misi we demri bölek⁠-⁠bölek edip biler?

Demirgazykdan getirilen demri kim döwüp biler?

13 Tutuş ýurtda eden günäleriňiz sebäpli,

Mal⁠-⁠mülküňizi, hazynaňyzy talaňçylara bererin+.

14 Baýlygyňyzy duşman eline bererin,

Mal⁠-⁠mülküňizi ýat ýurtlara alyp giderler+.

Sebäbi gaharym ot bolup ýanýar,

Size garşy tutaşýar»+.

15 Eý Ýehowa, meniň gaýgy⁠-⁠hasratymy bilýärsiň,

Meni ýatla, maňa nazar sal.

Duşmanlarymdan arymy al+.

Olara geçirimlilik etme, ýogsam janymy alarlar.

Seniň üçin kemsitmelere döz gelýändigimi bil+.

16 Sözleriňi eşidenimde kalbyma saldym*+.

Sözüň maňa şatlyk berdi, ýüregim begençden doldy.

Serkerdebaşy Ýehowa, men seniň adyňy göterýärin!

17 Keýpi⁠-⁠sapada ýaşaýanlar bilen oturmaýaryn+.

Men ýeke başyma oturýaryn, sebäbi eliňi üstüme goýduň,

Olaryň erbet işlerini görkezdiň, gahar⁠-⁠gazaba mündüm+.

18 Keselim ötüşdi, sagalyp bilemok.

Derdime derman tapylanok,

Sen meniň üçin gurap galan

Suwsuz guýy bolduňmy?

19 Ýehowa şeýle diýýär:

«Eger maňa dolansaň, seni ýene dikelderin,

Ýene⁠-⁠de huzurymda durarsyň.

Gymmatly zady biderek zatdan tapawutlandyryp bilseň,

Meniň wekilim* bolarsyň.

Olar seni diňlemeli bolarlar,

Emma sen olary diňlemersiň».

20 «Men seni mis diwar kimin ederin+.

Halk saňa garşy söweşer,

Ýöne ýeňip bilmezler+.

Sebäbi men seniň bilen bolaryn,

Seni goraryn, halas ederin — muny Ýehowa aýdýar.

21 Seni erbetleriň elinden halas ederin,

Zalymlaryň penjesinden azat ederin».

16 Ýehowa maňa ýene şeýle diýdi: 2 «Sen öýlenme, ýurtda ogul⁠-⁠gyzyň bolmasyn. 3 Sebäbi Ýehowa şu ýerde doglan oglan⁠-⁠gyzlar we olary dünýä inderen ene⁠-⁠atalary barada şeýle diýýär: 4 „Olar agyr keselden ölerler+, emma hiç kim ýas tutmaz, olary hiç kim jaýlamaz. Olar topragyň ýüzünde ders ýaly pytrap ýatarlar+. Gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar+. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar“.

 5 Ýehowa şeýle diýýär: „Ýasa gitme,

Ol ýere aglamak üçin⁠-⁠de, köşeşdirmek üçin⁠-⁠de barma+.

Men halka parahatlyk bermerin,

Olary söýmerin* we rehim etmerin“+.

Muny Ýehowa aýdýar.

 6 „Halkyň uludan⁠-⁠kiçisine çenli öler,

Olary jaýlamazlar.

Hiç kim olar üçin ýas tutmaz,

Bedenine ýara salyp, saçyny syrmaz*.

 7 Ýas tutýanlara hiç kim nahar bermez,

Olara göwünlik beren bolmaz.

Kakasyny ýa⁠-⁠da ejesini ýitiren adama

Teselli käsesinden içiren bolmaz.

 8 Toýa gitme,

Ol ýerde iýip içme“.

9 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Siziň ýurduňyzda öýlenýän ýigit bilen gelniň sesini, şatlyk we gülki sesini keserin. Siz muny gözüňiz bilen görersiňiz“+.

10 Sen halka şu sözleri aýdanyňda: „Ýehowa näme üçin başymyza uly betbagtçylygy inderjek bolýar? Ýehowa Hudaýymyzyň öňünde näme ýazygymyz bar? Günämiz näme?“ diýerler+. 11 Olara Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Sebäbi ata⁠-⁠babalaryňyz meni terk etdi+. Olar başga taňrylara çokunyp, olara gulluk etdiler, sežde etdiler+. Menden ýüz öwürdiler, kanunymy berjaý etmediler+. 12 Siz ata⁠-⁠babalaryňyzdan hem zalym bolduňyz+. Maňa gulak asmagyň deregine, kesirlik bilen zalym ýüregiňize eýerdiňiz+. 13 Sizi ýat ýurda kowaryn; ol ýeri ata⁠-⁠babalaryňyz⁠-⁠da, özüňiz⁠-⁠de bilýän dälsiňiz+. Ol ýerde gije⁠-⁠gündiz başga taňrylara gulluk edersiňiz+. Men size rehim etmerin“.

14 Ýehowa diýýär: „Şeýle günler geler, indi hiç kim: „Ysraýyl halkyny Müsürden çykaran Ýehowa diri şaýatdyr!“+ diýip ant içmez. 15 Emma olar: „Ysraýyly dargadan ýurtlarynyň ählisinden we demirgazyk ýurdundan getiren Ýehowa diri şaýatdyr!“ diýip ant içerler. Men olary ata⁠-⁠babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin“+.

16 Ýehowa şeýle diýýär: „Köp balykçylary çagyraryn,

Halkymy balyk ýaly tutarlar.

Soňra köp awçylary çagyraryn,

Her dagda, her depede,

Her gaýanyň gowaklarynda halkymy awlarlar.

17 Olaryň edýän işlerini görýärin,

Menden gizläp bilmezler.

Günäleri nazarymdan sypmaz.

18 Men ýalňyşlary we günäleri üçin doly jeza bererin+.

Sebäbi jansyz we nejis butlar bilen ýurdumy haram etdiler,

Mirasymy ýigrenji butlardan doldurdylar“»+.

19 Eý Ýehowa, sen meniň güýjüm hem galam,

Gaýgy⁠-⁠hasratly günümde penam+.

Ýeriň dört künjeginden halklar huzuryňa gelip:

«Ata⁠-⁠babalarymyz bize ýalan, biderek,

Peýdasyz zatlary miras galdyrdy»+ diýerler.

20 Heý⁠-⁠de, adam öz eli bilen taňry ýasap bilermi?

Eger ýasaýsa⁠-⁠da, olar taňry däldir+.

21 «Men özümi halkyma tanadaryn,

Olara güýjümi we gudratymy görkezerin.

Şonda meniň adymyň Ýehowadygyny bilerler».

17 «Ýahudanyň günäsi demir galam bilen ýazylandyr,

Ýüreklerine, gurbanlyk ojaklarynyň* şahlaryna

Göwher daşynyň ujy bilen oýulyp ýazylandyr.

 2 Olaryň ogullary baýyrdaky, daglardaky,

Gür ýaprakly agaçlaryň aşagyndaky+

Gurbanlyk ojaklaryny, keramatly pürslerini*+ ýatlaýarlar.

 3 Ýurtda eden günäleriňiz sebäpli,

Mal⁠-⁠mülküňizi, hazynaňyzy, seždegähleriňizi*+,

Duşmanlara olja edip bererin+.

 4 Size beren mirasymy öz eliňiz bilen dargadarsyňyz+.

Ýat ýurtlarda duşman elinde gul bolarsyňyz+.

Sebäbi siz gaharymy ot ýaly tutaşdyrdyňyz*+,

Ol hiç wagt sönmez».

 5 Ýehowa şeýle diýýär:

«Adama bil baglaýan+,

Ynsan güýjüne daýanýan+,

Ýüregi Ýehowadan daşlaşan kişä nälet bolsun!

 6 Ol çölde ýeke ösen agaç kimin bolar,

Gowy günleri görmez.

Hiç kimiň ýaşamaýan şor ýerlerinde,

Gurak çöllerde mesgen tutar.

 7 Ýehowa bil baglaýan,

Ýehowa daýanýan adam bereket alsyn!+

 8 Ol suwuň ýakasynda ekilen agaç ýaly bolar,

Köki çeşmäniň boýuna ýaýrar.

Ol jöwzany duýmaz,

Ýapraklary hemişe al⁠-⁠ýaşyl öwser+.

Gurakçylyk ýyly saralyp solmaz.

Miwesi egsilmez.

 9 Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegär, hiç zatdan gaýtmaýar*+.

Kim oňa düşünip biler?

10 Men Ýehowa, ýürekleri+,

Oý⁠-⁠pikirleri* barlaýaryn.

Her kimiň saýlan ýoluna,

Eden işine görä hakyny berýärin+.

11 Haram baýlyk toplan adam+,

Guzlamadyk ýumurtgasyny basyp oturan käkilik ýalydyr.

Ol ömrüniň ortasynda baýlygyndan mahrum bolup,

Ahyrsoňy akmaklygy bilner».

12 Hudaýyň şöhratly tagty ilkibaşdan beýikdir+,

Mukaddes mekanymyzdyr.

13 Eý Ýehowa, ysraýyl halkynyň umydy!

Senden ýüz öwrenler masgara bolarlar.

Imandan dänenleriň ady çägäniň ýüzüne ýazylar+.

Sebäbi olar dirilik suwunyň gözbaşyny,

Ýehowany taşlap gitdiler+.

14 Eý Ýehowa, derdime derman ber, sagalaýyn.

Meni halas et, gutulaýyn+.

Sebäbi saňa alkyş aýdýaryn.

15 Olar maňa:

«Hany Ýehowanyň beren sözi?+

Goý, ol sözünde dursun!» diýýärler.

16 Men çopan bolmakdan boýun gaçyrmadym,

Seniň ýollaryňdan ýöredim.

Heläkçiligi görmek islemedim.

Agzymdan çykan sözleri bilýärsiň,

Men huzuryňda gepledim.

17 Betbagtçylyk inende penam sensiň,

Men gorkmaýyn.

18 Men utanmaýyn,

Goý, duşmanlarym utansyn+.

Men gorkmaýyn,

Goý, olar gorksun.

Olaryň başyna betbagtçylyk inder+,

Duşmanlary gyryp, bütinleý ýok et.

19 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ýahuda patyşalarynyň* girip⁠-⁠çykýan esasy derwezesine bar. Soňra Iýerusalimiň başga derwezelerine bar⁠-⁠da, şol ýerde dur+. 20 Olara şuny aýt: „Derwezelerden girýän Ýahuda patyşalary, ýahuda halky we Iýerusalimiň ilaty, Ýehowanyň sözüni diňläň. 21 Ýehowa şeýle diýýär: „Ünsli boluň, Sabat güni ýük götermäň, Iýerusalimiň derwezelerinden ýük geçirmäň+. 22 Sabat güni öýüňizden ýük çykarmaň. Hiç hili iş etmäň+. Ata⁠-⁠babalaryňyza tabşyryşym ýaly, Sabat gününi mukaddes hasaplaň+. 23 Emma olar meni diňlemediler, gulak asmadylar. Kesirlik edip, maňa boýun bolmadylar, terbiýämi kabul etmediler“+.

24 Ýehowa şeýle diýýär: „Eger siz maňa gulak assaňyz, Sabat güni şäher derwezelerinden ýük geçirmeseňiz, Sabat gününi mukaddes hasaplasaňyz, hiç hili iş etmeseňiz+, 25 şonda Dawudyň tagtynda+ oturan patyşalar we han⁠-⁠begler atly hem arabaly şäheriň derwezelerinden girerler. Olar bilen ýahuda halky we Iýerusalimiň ilaty girer+. Şäher hemişe ilatly bolar. 26 Ýahudanyň şäherlerinden, Iýerusalimiň daş⁠-⁠töwereginden, Benýamin ýurdundan+, düzlüklerden+, daglaryndan we Negepden* adamlar geler. Olar Ýehowanyň öýüne ýakma gurbanlyklaryny+, sadakalary+, galla sadakalaryny+, ladan* we şükür gurbanlyklaryny getirerler+.

27 Maňa gulak asmasaňyz, Sabat gününi mukaddes hasaplaman ýük göterseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýük geçirseňiz, men Iýerusalimiň derwezelerini otlaryn we berk diňlerini ýakyp ýok ederin+, söndüren tapylmaz“»+.

18 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 2 «Küýzegäriň öýüne git+. Şol ýerde habarymy aýdaryn».

3 Men küýzegäriň öýüne bardym. Ol küýze ýasap oturan eken. 4 Toýundan ýasap oturan küýzesi döwüldi. Şonda küýzegär ondan öz isleýşi ýaly başga küýze ýasady.

5 Ýehowa maňa şeýle diýdi: 6 «Muny Ýehowa aýdýar: „Ysraýyl halky, küýzegär toýna näme eden bolsa, menem sizi şeýle edip bilmerinmi? Ysraýyl halky, siz meniň elimde küýzegäriň elindäki toýun ýalysyňyz+. 7 Eger men bir halky ýa⁠-⁠da patyşalygy sogrup taşlaryn, ýykyp ýok ederin+ diýsem, 8 ýöne halk erbet ýolundan dönse, men hem pikirimi üýtgedip*, olaryň başyna betbagtçylyk indermerin+. 9 Men bir milleti ýa patyşalygy dikelderin, berkiderin* diýsem, 10 emma olar meniň ýigrenýän işlerimi etseler, maňa gulak asmasalar, olara etjek ýagşylygymdan el çekerin“.

11 Indi ýahuda halkyna, Iýerusalim ilatyna baryp, Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men başyňyza betbagtçylyk indermegi niýet etdim. Erbet ýollaryňyzdan dönüň, durmuşyňyzy üýtgediň we ýaman işleriňizden el çekiň“»+.

12 Emma olar: «Pikirem etme!+ Biz isleýşimiz ýaly ýaşarys, kesirlik ederis, zalym ýüregimize eýereris»+ diýdiler.

13 Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär:

«Milletlerden sorap görüň.

Şeýle zady görüp⁠-⁠eşiden barmy?

Ysraýyl halky elhenç iş etdi+.

14 Liwan dagynyň gary erärmi?

Ýat ýurtlardan akýan sowuk suw kesilermi?

15 Emma halkym meni unutdy+.

Olar biderek zatlara gurbanlyk berýärler+.

Olar adamlary ýoldan, gadymy ýollardan+ sowup,

Büdür⁠-⁠südür ýodalardan ýöredýärler.

16 Şol sebäpli olaryň ýurdy elhenç ýagdaýa düşer+,

Adamlar oňa bakyp sykylyk çalar*+,

Geçip barýanlar haýran galyp, başyny ýaýkarlar+.

17 Men olary gündogar ýeli bilen

Duşmanlarynyň öňünde dargadaryn.

Betbagtçylyk güni men olardan ýüz öwrerin»+.

18 Olar: «Geliň, Ýermeýa garşy dildüwşük gurnalyň+. Ruhanylarymyz kanuny öwreder*, akyldarlarymyz maslahat berer we pygamberlerimiz Hudaýyň sözüni aýdar. Geliň, dawa turzup, Ýermeýany diňlemäliň» diýdiler.

19 Eý Ýehowa, maňa nazar sal,

Duşmanlarymyň aýdýanlaryny eşit.

20 Ýagşylyga ýamanlyk edilermi?

Olar janymy almak üçin çukur gazýarlar+.

Gaharyňy olardan sow diýip ýalbarypdym,

Huzuryňda durup töwella edipdim.

21 Indi ogullary aç bolsun,

Atalary gylyçdan ölsün+.

Dul galan aýallary çagalaryndan mahrum bolsun+.

Erkekleri mergiden gyrylsyn.

Ýaş ýigitleri söweş meýdanynda gylyçdan geçirilsin+.

22 Galtamanlar duýdansyz çozsun,

Öýlerinden agy sesi eşidilsin.

Sebäbi olar meniň üçin çukur gazdylar,

Meniň aýaklaryma duzak gurdular+.

23 Eý Ýehowa! Sen bilýärsiň,

Olar meni öldürmek üçin hile gurdular+.

Olaryň günälerini bagyşlama,

Ýazyklaryna gözüňi ýumma.

Gahar⁠-⁠gazap bilen temmi ber+,

Goý, olar seniň öňüňde ýykylsynlar+.

19 Ýehowa şeýle diýdi: «Küýzegäriň ýanyna baryp, küýze satyn al+. Halkyň ýaşululary, abraýly ruhanylary bilen 2 Küýzegär derwezesiniň girelgesindäki Hennem oglunyň jülgesine+ git. Şol ýerde saňa aýtjak sözlerimi jar et: 3 „Ýahuda patyşalary, Iýerusalim ilaty, Ýehowanyň sözüni diňläň! Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

„Ýurda heläkçilik getirerin, muny eşidenler aňk⁠-⁠taňk bolar*. 4 Sebäbi olar meni terk etdiler+. Ýurdy tanalmaz ýaly etdiler+. Ol ýerde özleriniň, ata⁠-⁠babalarynyň we Ýahuda patyşalarynyň tanamadyk taňrylaryna gurbanlyk berdiler. Ol ýerde bigünä gan dökdüler+. 5 Olar ogul⁠-⁠gyzlaryny otda ýakyp, Bagala ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin Bagalyň seždegählerini* gurdular+. Men muny aýtmandym, tabşyrmandym, beýle zat pikirime⁠-⁠de gelmändi“+.

6 Ýehowa şeýle diýýär: „Ol ýere Topet ýa⁠-⁠da Hennem oglunyň jülgesi däl⁠-⁠de, Gyrgynçylyk jülgesi diýiljek günler geler+. 7 Ol ýerde Ýahudanyň we Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary duşman gylyjy bilen, janlarynyň kastyna çykanlaryň eli bilen gyraryn. Jesetleri ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara şam bolar+. 8 Şäheri gorkunç hala salaryn, adamlar oňa bakyp sykylyk çalarlar*. Geçip barýanlar haýran galarlar, onuň agyr halyny görüp sykylyk çalarlar+. 9 Halkyma ogul⁠-⁠gyzlarynyň etini iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykanlar olary gabawa salarlar; olar alaçsyzlykdan ýaňa biri⁠-⁠birleriniň etini iýerler“+.

10 Sen adamlaryň gözüniň alnynda küýzäni döw. 11 Soňra Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Çym⁠-⁠pytrak edilen küýzäni täzeden ýasap bolmaz. Men⁠-⁠de halky we şäheri çym⁠-⁠pytrak ederin. Topetde jesetleriň köplüginden ýaňa jaýlamaga ýer galmaz“+.

12 Ýehowa şeýle diýýär: „Men aýdanlarymy ýurduň we halkyň başyna indererin, şäheri Topet ýaly ederin. 13 Iýerusalimiň jaýlary, Ýahuda patyşalarynyň köşkleri Topet ýaly haram bolar+. Sebäbi olar öýleriniň üçeginde ähli asman jisimlerine* gurbanlyk berdiler+, ýat taňrylara şerap sadakalaryny getirdiler“»+.

14 Ýermeýa Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, Topetden geldi. Ol Ýehowanyň öýüniň howlusynda durup, bütin halka şeýle diýdi: 15 «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men şäheriň we onuň töweregindäki şäherçeleriň üstünden aýdan betbagtçylygymy indererin. Sebäbi halkym kesirlik edip, sözüme gulak asmady“»+.

20 Imeriň ogly Paşhur ruhany Ýermeýa pygamberiň sözlerini diňläp durdy. Ol Ýehowanyň öýüniň baş gözegçisidi. 2 Paşhur Ýermeýa pygamberi urdy we Ýehowanyň öýüniň ýanyndaky Benýaminiň ýokarky derwezesinde gandallady*+. 3 Ertesi gün Paşhur Ýermeýany gandaldan boşatdy. Şonda Ýermeýa şeýle diýdi:

«Ýehowa saňa Paşhur* däl⁠-⁠de, Magormissabib* diýip at dakdy+. 4 Ýehowa şeýle diýýär: „Seni we ähli dost⁠-⁠ýarlaryňy gorkuzaryn. Olar seniň gözüň alnynda duşman gylyjyndan öler+. Men tutuş Ýahudany Wawilon patyşasynyň eline bererin. Olary Wawilona sürgün edip äkiderler we gylyçdan geçirerler+. 5 Şäheriň baýlygyny, mal⁠-⁠mülküni, gymmatly zatlaryny we Ýahuda patyşalarynyň hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin+. Olary talarlar we ähli zatlaryny Wawilona äkiderler+. 6 Eý Paşhur, seni we öý⁠-⁠içeriňi sürgün ederler. Sen Wawilona gidip, dostlaryň bilen şol ýurtda jaýlanarsyň. Sebäbi sen olara ýalan pygamberlik etdiň“»+.

 7 Eý Ýehowa, meni geň galdyrdyň, men gözüme ynanmadym.

Sen menden güýçli çykdyň, meni ýeňdiň+.

Uzakly gün üstümden gülýärler,

Hemmesi meni ýaňsylaýarlar+.

 8 Men: «Zulum we heläkçilik ýetip gelýär!» diýip jar çekýärin.

Ýehowanyň sözi üçin

Uzakly gün kemsidýärler, ýaňsylaýarlar+.

 9 Şonda men: «Alla hakda dil ýarmaryn,

Onuň adyndan geplemerin» diýdim+.

Emma Allanyň sözi süňkümi eretdi,

Ýüregimde ot bolup tutaşdy,

Içimde saklamakdan ýadadym,

Mundan artyk dymyp bilmerin+.

10 Meniň gybatymy etdiler.

Meni gorky basdy+.

«Ýermeýanyň aýybyny açalyň! Paş edeliň!» diýýärler.

Maňa dostsyraýan adamlar ýykylmagyma garaşýarlar+.

Olar: «Belki, ol akmaklyk eder.

Şonda üstün çykyp, arymyzy alarys» diýýärler.

11 Ýehowa batyr pälwan ýaly hemişe ýanymdady+.

Şonuň üçin duşmanlarym ýykylar, üstün çykmaz+.

Olar utanja galar, üstünlik gazanmaz.

Olaryň masgaraçylygy hiç wagt ýatdan çykmaz+.

12 Serkerdebaşy Ýehowa, sen dogruçyl adamy barlaýarsyň.

Sen adamyň oý⁠-⁠pikirlerini*, ýüregini görýärsiň+.

Olardan ar alşyňy göreýin+,

Men arz⁠-⁠şikaýatymy saňa aýtdym+.

13 Ýehowa aýdym aýdyň! Ýehowa alkyş aýdyň!

Ol garyby zalymlaryň elinden halas etdi.

14 Doglan günüme nälet bolsun!

Ejemiň meni dünýä inderen güni gursun!+

15 «Ogluň boldy! Ogluň boldy!» diýip,

Kakamy begendiren

Buşlukça nälet bolsun.

16 Goý, ol Ýehowanyň weýran eden şäheri kimin bolsun.

Ol irden agy sesini, günortan söweş surnaýyny eşitsin.

17 Men näme üçin ejemiň göwresindekäm ölmändirin?

Şonda ejemiň göwresi meniň mazarym bolardy,

Ýagty jahana hiç haçan inmezdim+.

18 Men näme üçin dünýä indim?

Gaýgy⁠-⁠hasrat çekmek üçinmi?

Ömürboýy masgara bolmak üçinmi?+

21 Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. Şol wagt Sadykýar+ patyşanyň iberen adamlary Mälikýaryň ogly Paşhur+ we Maseýanyň ogly Sepanýa+ ruhany Ýermeýa pygamberiň ýanyna gelip şeýle diýdiler: 2 «Haýyş edýäris, bize näme boljagyny Ýehowadan sorap ber. Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* bize garşy söweşýär+. Belki, Ýehowa bizi halas etmek üçin gudrat görkezer we Nawuhodonosor patyşa yzyna dolanar»+.

3 Ýermeýa olara şeýle jogap berdi: «Sadykýar patyşa 4 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle aýdýar diýiň: „Haldeýler we Wawilon patyşasy sizi gabady. Siz olar bilen söweşseňiz⁠-⁠de, öz ýaragyňyz bilen özüňizi heläk ederin+. Olary şäheriň ortasyna üýşürerin. 5 Men gahar⁠-⁠gazaba münüp, güýç⁠-⁠kuwwatly golum bilen size garşy söweşerin+. 6 Şäheriň ilatyny, mal⁠-⁠garalaryny ýok ederin. Olary mergi bilen gyraryn“+.

7 Ýehowa şeýle diýýär: „Mergiden, gylyçdan we açlykdan ölmedik her kesi: Ýahuda patyşasy Sadykýary, gul⁠-⁠gyrnaklaryny we şäher ilatyny Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň eline bererin. Olary duşmanlarynyň we janynyň kastyna çykanlaryň eline tabşyraryn+. Patyşa olaryň ählisini gylyçdan geçirer. Olara haýpy gelmez, ýüregi awamaz, rehimi inmez“+.

8 Halka bolsa Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ine ýaşaýyş we ölüm ýoly: 9 şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Ýöne şäherden çykyp, haldeýlere boýun bolan adam janyny halas edip, aman galar“+.

10 Ýehowa şeýle diýýär: „Men şäheriň üstüne bereket däl⁠-⁠de, betbagtçylyk ýagdyraryn+. Men şäherden ýüz öwrüp, Wawilon patyşasynyň eline bererin+. Ol tutuş şäheri otlar“+.

11 Eý Ýahuda patyşasynyň öý⁠-⁠içerisi, Ýehowanyň sözüni diňläň! 12 Eý Dawut öýi, Ýehowa şeýle diýýär:

„Her gün adalatly boluň,

Talaňçylaryň eline düşeni halas ediň+,

Ýogsa zalym işleriňiz üçin,

Gahar⁠-⁠gazabym ot kimin tutaşar+,

Hiç kim söndürip bilmez“+.

13 Ýehowa şeýle diýýär: „Eý jülgäniň ýaşaýjylary,

Gaýanyň üstündäki şäheriň ilaty, siziň bilen söweşerin“.

„Kim biziň bilen söweşer?

Kim ýurdumyza çozup biler?“ diýýänlere,

14 Ýehowa şeýle aýdýar: „Men işleriňize görä jeza bererin+.

Tokaýlaryňyzy oda ýakaryn,

Siziň daş⁠-⁠töweregiňizdäki ähli zady ýakyp kül ederin“»+.

22 Ýehowa şeýle diýýär: «Ýahuda patyşasynyň köşgüne gidip şeýle diý: 2 „Eý Dawudyň tagtynda oturan Ýahuda patyşasy, hyzmatkärleri we derwezelerden girýän halky, Ýehowanyň sözüni eşidiň! 3 Ýehowa şeýle diýýär: „Adalatly we dogruçyl boluň. Talaňçylaryň eline düşen adamy halas ediň, gelmişege adalatsyzlyk etmäň, ýetimi we dul aýaly ezmäň+. Şäherde bigünä gany dökmäň+. 4 Eger tabşyrygy ýürekden berjaý etseňiz, şonda Dawudyň tagtynda oturan patyşalar+ atly we söweş arabaly, hyzmatkärleri hem halky bilen köşgüň derwezelerinden girerler“+.

5 Ýehowa şeýle diýýär: „Men öz adymdan ant içýärin, siz meni diňlemeseňiz, köşk harabaçylyga öwrüler“+.

6 Ýehowa Ýahuda patyşasynyň köşgi barada şeýle diýýär:

„Sen meniň üçin Gilead ýaly,

Liwan dagynyň depesi kiminsiň.

Indi seni çöle öwrerin,

Ähli şäherleriň ilatsyz galar+.

 7 Üstüňe çozjak garakçylary,

Ýaragly garakçylary men getirerin+.

Olar iň owadan kedr agaçlaryňy kesip,

Oda taşlarlar+.

8 Köp milletler şäheriň deňinden geçenlerinde: „Ýehowa näme üçin beýik şäheri weýran etdikä?“ diýerler+. 9 Şonda olara: „Halk Ýehowa Hudaýa beren ähtini bozdy, ýat taňrylara sežde etdi, gulluk etdi“ diýerler“+.

10 Dünýäden öten patyşa üçin aglamaň,

Onuň üçin ýas tutmaň.

Sürgün edilen üçin zar⁠-⁠zar aglaň,

Sebäbi ol yzyna dolanmaz, dogduk mekanyny görmez.

11 Ýahudanyň patyşasy Ýoşyýanyň+ ogly Şalum*+ kakasynyň ýerine tagta geçdi we şäherden äkidildi. Ýehowa ol hakda şeýle diýýär: „Ol hiç haçan yzyna dolanmaz. 12 Sürgün edilen ýurdunda öler, watanyny hiç haçan görmez“+.

13 Öýüni haram gazanç bilen salanyň,

Adalatsyzlyk bilen ýokarky otaglaryny guranyň,

Goňşusyna hak tölemän,

Gul ýaly işledýäniň gününe waý!+

14 Sen: „Penjireli, ýokarky otaglary giň,

Kaşaň jaý salaryn.

Diwarlaryny kedr agajy bilen bezärin,

Gyrmyzy reňke boýaryn“ diýýärsiň.

15 Beýlekilerden has köp kedr agaçlaryny ulandym diýip,

Uzak höküm sürerin öýdýärmiň?

Kakaň adalatly hem dogruçyldy+,

Onuň saçagy bereketlidi,

Işleri⁠-⁠de ugruna boldy.

16 Ol ejizleriň hem garyplaryň hakyny alyp bererdi,

Ähli işleri ugruna bolardy.

Ýehowa şeýle diýýär:

„Meni tanaýan adam ýagşy işleri etmeli dälmi?

17 Emma seniň gözüň bolsa haram gazanja dikilipdir.

Ýüregiň bigünä gan dökmäge,

Ýalan sözlemäge we adamlary talamaga ýykgyndyr“.

18 Ýehowa Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakym+ barada şeýle diýýär:

„Olar biri⁠-⁠birine: „Waý, doganym!

Waý, aýal doganym!“ diýip, onuň üçin aglamazlar.

Olar „Waý, hojaýynym!

Waý, hökümdarym!“ diýip, onuň üçin ýas tutmazlar.

19 Ony süýräp, Iýerusalimiň+ derwezeleriniň daşyna zyňarlar,

Ony eşek gömen ýaly gömerler“+.

20 Liwanda dady⁠-⁠perýat et,

Başanda agla.

Abarymda+ perýat et,

Sebäbi ähli oýnaşlaryň ýok edildi+.

21 Asuda döwürde seniň bilen gepleşdim.

Emma sen: „Gulak asmaryn“ diýdiň+.

Sen ýaşlygyňdan bäri diýenimi etmeýärsiň,

Meniň sözlerimi diňlemeýärsiň+.

22 Çopanlaryň baryny şemal äkider+,

Oýnaşlaryň sürgün ediler.

Başyňa heläkçilik inendigi üçin masgara bolarsyň,

Utanja galarsyň.

23 Sen Liwanda+ mesgen tutup,

Kedr agaçlaryň+ arasynda höwürtge ýasan hem bolsaň,

Çaga dogurýan aýal ýaly dert çekersiň+,

Burgyňa çydaman zaryn⁠-⁠zaryn aglarsyň».

24 Ýehowa şeýle diýýär: «„Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň+ ogly Konyýa!*+ Men diri şaýatdyryn! Sen sag elimdäki möhürli ýüzük bolsaň⁠-⁠da, çykaryp taşlaryn. 25 Janyň kastyna çykanlar, gorkunç duşmanlar, Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* we haldeýler seni ele salarlar+. 26 Men seni⁠-⁠de, ejeňi⁠-⁠de ýat ýurda taşlaryn, siz şol ýerde ölersiňiz. 27 Siz watanyňyzy küýseseňiz⁠-⁠de, hiç haçan dolanmarsyňyz+.

28 Konyýa derde ýaramaz, döwük gap dälmi?

Il⁠-⁠günüň taşlan küýzesi dälmi?

Ol çagalary bilen ýat ýurda taşlanmadymy?“+

29 Ýer ýüzüniň halky*, Ýehowanyň sözüni eşidiň!

30 Ýehowa şeýle diýýär: „Onuň zürýatsyz galandygyny,

Ömürboýy işi oňmadyk adam bolandygyny ýazyň.

Onuň neslinden Dawudyň tagtynda hiç kim oturmaz,

Ýahudada hiç haçan höküm sürmez“»+.

23 Ýehowa şeýle diýýär: «Meniň örimiň goýunlaryny ýok edýän we olary dargadýan çopanlaryň waý halyna!»+

2 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa halkyny bakýan çopanlar barada şeýle diýýär: «Siz goýunlarymy dargatdyňyz, pytratdyňyz, olaryň aladasyny etmediňiz+.

Men zalym işleriňiz üçin jeza bererin — muny Ýehowa aýdýar.

3 Men goýunlarymy ähli ýurtlara dargadanam bolsam+, bir ýere ýygnaryn we örüsine gaýtaryp getirerin+. Olaryň sany artyp, has⁠-⁠da köpeler+. 4 Men olaryň üstünden gowy çopanlary bellärin+. Indi olar gorkup sandyramaz, hiç birisi ýitmez — muny Ýehowa aýdýar.

5 Şeýle günler geler, men Dawudyň neslinden bir dogruçyl şaha* çykararyn+ — muny Ýehowa aýdýar. — Ol ýurtda adalatly, dogruçyl we paýhasly bolup patyşalyk eder+. 6 Onuň hökümdarlyk eden döwri Ýahuda halas bolar+, Ysraýyl asuda ýaşar+. Onuň adyna „Dogruçyllyk Ýehowadandyr“+ diýerler.

7 Şeýle günler geler — muny Ýehowa aýdýar. — Indi hiç kim: „Ysraýyl halkyny Müsürden çykaran Ýehowa diri şaýatdyr!“+ diýip ant içmän, 8 „Ysraýyly dargadan ýurtlarynyň ählisinden we demirgazyk ýurdundan azat edip, yzyna getiren Ýehowa diri şaýatdyr!“ diýip ant içerler. Olar watanynda ýaşarlar»+.

9 Pygamberler üçin habar:

Ýüregim dilim⁠-⁠dilim boldy,

Süňklerim sandyrady.

Ýehowanyň mukaddes sözlerinden ýaňa

Serhoş boldum,

Şerapdan lül bolan adama döndüm.

10 Ýurt zynahorlardan doldy+,

Gargyş sebäpli ýurt ýas tutdy+,

Öri meýdanlar gurady+.

Olar güýjüne buýsanyp, zalym işleri edýärler.

11 Ýehowa şeýle diýýär: «Ruhany⁠-⁠da, pygamber⁠-⁠de azypdyr*+.

Olar meniň öýümde⁠-⁠de erbetlik edýärler+.

12 Olaryň ýoly typançak we garaňky+ bolar,

Olar büdräp ýykylar.

Hasabat ýyly gelende,

Olaryň başyna betbagtçylyk indererin».

Muny Ýehowa aýdýar.

13 «Samariýadaky+ pygamberleriň nejis işlerini gördüm.

Olar Bagalyň adyndan pygamberlik edýärler,

Ysraýyl halkymy ýoldan çykarýarlar.

14 Iýerusalimiň pygamberleriniň elhenç işlerini gördüm.

Olar zyna edýärler+, ýalan sözleýärler+,

Zalymlary goldaýarlar*,

Erbet ýollaryndan dönmeýärler.

Olaryň ählisi meniň üçin Sodom ýalydyr+,

Şäheriň ilaty Gomorra kimindir»+.

15 Şonuň üçin Serkerdebaşy Ýehowa pygamberlere şeýle diýýär:

«Size ajy ýowşan iýdirerin,

Zäherli suw içirerin+.

Sebäbi Iýerusalimiň pygamberleriniň täsirine düşüp,

bütin halk imandan dänýär».

16 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Size welilik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň+.

Olar sizi aldaýarlar*.

Ýehowa olara görnüş* bermedi+,

Olar özlerinden toslap tapýarlar+.

17 Olar meni sylamaýan adamlara:

„Ýehowa parahatlygy wada berýär“ diýip,

Gaýta⁠-⁠gaýta jar edýärler+.

Olar kesir ýüreklerine gulak asýan adamlara:

„Başyňyza heläkçilik inmez“ diýýärler+.

18 Kim Ýehowanyň ýakyn dosty?

Kim onuň sözüne düşündi?

Kim onuň sözüni ünsli diňledi?

19 Ýehowanyň gahary harasat ýaly turar,

Apy⁠-⁠tupan kimin erbetleriň başyndan iner+.

20 Ýehowanyň niýetleri ýerine ýetýänçä, amala aşýança,

Onuň gahar⁠-⁠gazaby köşeşmez.

Siz muňa soňky günlerde düşünersiňiz.

21 Men pygamberlere git diýmesem⁠-⁠de, özleri ylgap gitdiler.

Men habarymy aýtmasam⁠-⁠da, özleri pygamberlik etdiler+.

22 Eger olar meniň dostum bolsadylar,

Meniň sözlerimi halkyma gürrüň bererdiler,

Zalymlykdan el çekiň diýip,

Olary erbet ýoldan saklardylar+.

23 Men diňe ýakyndaky zatlary görýärinmi?

Daşdakylary görmeýärinmi? — Muny Ýehowa aýdýar.

24 Ynsan gizlener ýaly,

Meniň görmejek ýerim barmy?+ — Muny Ýehowa aýdýar.

Men ýerdäki we gökdäki ähli zady görýärin»+.

Muny Ýehowa aýdýar.

25 «Pygamberleriň: „Düýş gördüm! Düýş gördüm!“ diýip, meniň adymdan ýalan pygamberlik edýändiklerini eşitdim+. 26 Olar haçana çenli ýalan sözlärler? Olar ýalan welilik edýän pygamberlerdir+. 27 Halkym meniň adymy unutsyn diýip, olar gören düýşlerini biri⁠-⁠birine gürrüň berýärler. Olaryň ata⁠-⁠babalary hem Bagala sežde edip, meniň adymy unudypdylar+. 28 Goý, düýş gören pygamber düýşüni gürrüň bersin. Meniň sözümi eşiden adam sözümi bolşy ýaly aýtsyn.

Heý⁠-⁠de, samany bugdaý bilen deňäp bolarmy? — Muny Ýehowa aýdýar.

29 Meniň sözüm alaw kimin+, daşy owradýan uly çekiç kimin dälmi?+ — Muny Ýehowa aýdýar.

30 Meniň sözlerimi ýoýup, öz pikirini gürrüň berýän pygamberlere jeza bererin+ — muny Ýehowa aýdýar.

31 Dilleri bilen: „Alla şeýle aýdýar!“ diýýän pygamberlere+ jeza bererin — muny Ýehowa aýdýar.

32 Halkyma ýalan düýşleri aýdýan, olary aldap, ýoldan çykarýan öwünjeň pygamberlere jeza bererin+ — muny Ýehowa aýdýar.

Olary men ibermedim, olara tabşyryk bermedim. Olaryň halka hiç hili haýry degmez+ — muny Ýehowa aýdýar.

33 Saňa halkdan, pygamberlerden ýa⁠-⁠da ruhanylardan biri: „Ýehowanyň habary agyr!“ diýse, sen olara: „Eý halk, siziň özüňiz agyr ýük. Men sizi aýlap zyňaryn“+ diý — muny Ýehowa aýdýar. 34 — Eger pygamberlerden, ruhanylardan ýa⁠-⁠da halkdan biri: „Ýehowanyň habary agyr!“ diýse, oňa we tutuş maşgalasyna jeza bererin. 35 Siziň her biriňiz goňşyňyzdan, doganyňyzdan: „Ýehowa näme jogap berdi? Ýehowa näme diýdi?“ diýip soraýarsyňyz. 36 Mundan beýläk Ýehowanyň habaryna agyr diýmäň, siziň diýýän her bir sözüňiz agyr ýükdür. Sebäbi siz Serkerdebaşy Ýehowanyň, Biribaryň, Allanyň sözlerini ýoýduňyz.

37 Sen pygamberlere şeýle diý: „Ýehowa size näme jogap berdi? Ýehowa näme diýdi? 38 Siz ýene⁠-⁠de: „Ýehowanyň habary agyr!“ diýseňiz, onda Ýehowa şeýle jogap berýär: „Size: „Ýehowanyň habary agyr!“ diýmäň diýsem⁠-⁠de, „Ýehowanyň habary agyr!“ diýendigiňiz üçin, 39 size we ata⁠-⁠babalaryňyza beren şäherimi⁠-⁠de, siziň özüňizi⁠-⁠de huzurymdan zyňyp taşlaryn. 40 Sizi ebedilik utanja goýaryn we peselderin, masgaraçylygyňyz hiç haçan ýatdan çykmaz“»+.

24 Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň+ ogly Ýehonýany*+, Ýahudanyň hanlaryny, ussalaryny we demirçilerini* Iýerusalimden Wawilona sürgün etdi+. Soňra Ýehowa maňa iki sebet injir görkezdi. Olar Ýehowanyň ybadathanasynyň öňünde durdy. 2 Bir sebetde ir ýetişýän, örän gowy injirler bardy, beýleki sebetde zaýa* injirler bardy. Olary iýer ýaly däldi.

3 Ýehowa: «Ýermeýa, näme görýärsiň?» diýip sorady. Menem: «Injirleri görýärin. Gowy injirler örän gowy, zaýa injirler örän erbet, iýer ýaly däl»+ diýdim.

4 Ýehowa maňa şeýle diýdi: 5 «Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men öz elim bilen Ýahuda halkyny watanyndan haldeýleriň ýurduna sürgün edipdim. Indi men gowy injirlere näme edilýän bolsa, olara hem şonuň ýaly ederin. 6 Men olara nazar salaryn, ýurduna gaýtaryp getirerin+. Men olary dikelderin, indi ýykmaryn; ekerin, indi köki bilen sogurmaryn+. 7 Men olaryň ýüreginde Ýehowany tanamak islegini oýararyn+. Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn+. Sebäbi olar bütin ýüregi bilen maňa dolanarlar“+.

8 Emma zaýa, iýer ýaly bolmadyk injirler+ barada Ýehowa şeýle diýýär: „Zaýa injirlere näme edilýän bolsa, menem Ýahuda patyşasy Sadykýary+, han⁠-⁠begleri, ýurtda aman galan Iýerusalimiň ilatyny we Müsüre+ gidenleri şonuň ýaly ederin. 9 Men halkymy ähli ýurtlara dargadaryn+. Olaryň başyna injek betbagtçylygy gören halklar gorkarlar+. Olary baran ýurtlarynda ýaňsylarlar, masgara ederler, dilden düşürmezler, üstünden gülüp gargarlar+. 10 Ata⁠-⁠babalaryna we özlerine beren ýurdumdan ýok edýänçäm, başlaryna gylyç, açlyk, mergi indererin“»+.

25 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ hökümdarlygynyň dördünji ýylynda, Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* patyşalygynyň birinji ýylynda Hudaý ýahuda halky barada Ýermeýa pygamber bilen gepleşdi. 2 Ýermeýa pygamber Ýahudanyň ähli halky, Iýerusalimiň tutuş ilaty hakda şeýle diýdi:

3 «Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň+ hökümdarlygynyň 13⁠-⁠nji ýylyndan şu güne çenli, 23 ýyllap Ýehowa meniň bilen gepleşdi. Men Hudaýyň habaryny gaýta⁠-⁠gaýta* aýtdym, emma siz gulak asmadyňyz+. 4 Ýehowa gaýta⁠-⁠gaýta pygamberlerini ýanyňyza iberdi, emma siz diňlemediňiz, gulak asmadyňyz+. 5 Pygamberler şeýle diýerdiler: „Zalym ýoluňyzdan dolanyň, zalym işleriňizden el çekiň+. Şonda Ýehowanyň ata⁠-⁠babalaryňyza we size beren ýurdunda uzak ömür sürersiňiz. 6 Ýat taňrylara çokunmaň, olara gulluk etmäň, sežde etmäň. Butlar dikip, Hudaýy ynjatmaň, ol hem siziň üstüňize betbagtçylyk indermez.

7 Emma siz gulak asmadyňyz, edýän işleriňiz bilen meni ynjatdyňyz — muny Ýehowa aýdýar. — Şol sebäpli başyňyza betbagtçylyk indi“+.

8 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Siz sözlerime gulak asmadyňyz. 9 Şol sebäpli men demirgazykda ýaşaýan bütin halklary+, Wawilon patyşasy, gulum Nawuhodonosory+ çagyraryn — muny Ýehowa aýdýar. — Olary ýurduň, ilatyň we goňşy halklaryň üstüne çozduraryn+. Sizi we goňşy halklary ýok ederin, elhenç hala salaryn, hemişelik harabaçylyga öwrerin, adamlar olara bakyp sykylyk çalarlar*. 10 Men öýlenýän ýigit bilen gelniň sesini, şatlyk we gülki sesini, degirmeniň sesini keserin+ hem⁠-⁠de çyrany öçürerin. 11 Tutuş ýurt harabaçylyga öwrüler, elhenç hala düşer. Halklar 70 ýyllap+ Wawilon patyşasyna gulluk ederler“.

12 Ýehowa şeýle diýýär: „Men 70 ýyldan soň+, Wawilon patyşasynyň we halkynyň eden günäleri üçin hasabat soraryn+. Haldeýleriň ýurduny hemişelik harabaçylyga öwrerin+. 13 Onuň garşysyna aýdan ähli sözlerimi, Ýermeýanyň ähli milletler barada eden pygamberligini, şu golýazmada ýazylan zatlaryň ählisini ýurduň üstüne indererin. 14 Olar köp halklaryň we beýik patyşalaryň+ guly bolar+. Men halklaryň edenlerine we elleriniň işlerine görä almytyny bererin“»+.

15 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Elimdäki gahar şerabyndan doly käsäni al we aýdan halklaryma içir. 16 Olar içip, iki ýana yranarlar, üstlerine iberjek gylyjymdan ýaňa akylyny ýitirerler»+.

17 Men Ýehowanyň elindäki käsäni aldym we Ýehowanyň aýdan ähli halklaryna içirdim+. 18 Başda Iýerusalime, Ýahudanyň şäherlerine+, patyşalaryna we hanlaryna içirdim. Muny olar heläk bolsun, gorkunç hala düşsün, adamlar olary näletläp sykylyk çalsyn* diýip etdim+. Görşüňiz ýaly, şu sözler ýerine ýetip dur. 19 Soňra Müsür faraonyna, onuň gullaryna, hanlaryna, tutuş halkyna+, 20 ýurdunda ýaşaýan gelmişek halklara içirdim. Uz ülkesiniň patyşalaryna, piliştlileriň+ patyşalaryna, Aşkelona+, Gaza, Ekrona, Aşdotyň aman galanlaryna, 21 Edoma+, Mowaba+, ammonlara+, 22 ähli Tir we Sidon+ patyşalaryna, deňiz adasynyň patyşalaryna, 23 Dedana+, Teýma, Buza we sakgaly gyrkylan adamlara+, 24 arap patyşalaryna+, çölde ýaşaýan dürli halklaryň patyşalaryna, 25 Zimriniň patyşalaryna, Elam+ patyşalaryna, midiýalylaryň patyşalaryna+, 26 ýakyn we uzak demirgazyk patyşalaryna, dünýäniň beýleki patyşalaryna gezekli⁠-⁠gezegine içirdim. Iň soňunda Şeşak*+ patyşasy⁠-⁠da şeraply käseden içer.

27 «Olara Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Içip serhoş boluň, gusuň, üstüňize iberen gylyjymdan ýykylyň we ýeriňizden galmaň“+. 28 Eger eliňdäki käseden içmeseler, olara Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Hökman içersiňiz! 29 Men ilki bilen öz adymy göterýän şäheriň üstüne betbagtçylyk inderdim+. Indi sizi jezasyz goýarynmy?+

Asla jezasyz goýmaryn. Men ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylarynyň başyndan gylyç indererin“. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

30 Olara pygamberlik edip, şeýle aýt:

„Ýehowa gökden arslan deý arlar,

Mukaddes mekanyndan sesi ýaň salar.

Ýerdäki mesgenine garşy haýbatly gygyrar.

Üzüm sykýan adam kimin aýdym aýdar.

Bütin dünýäniň üstünden ýeňiş aýdymyny aýdar.

31 Ýehowanyň batly sesi älem⁠-⁠jahana ýaň salar,

Onuň halklar bilen dawasy bar.

Ähli adamlary höküm eder+.

Erbet adamlary gylyçdan geçirer“. Muny Ýehowa aýdýar.

32 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

„Betbagtçylyklar bir halkdan beýleki halka geçer+,

Ýeriň ähli künjeginde güýçli harasat gopar+.

33 Şol gün Ýehowanyň öldüren adamlary ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli çaşyp ýatar. Hiç kim ýas tutmaz, hiç kim olary üýşürmez ýa⁠-⁠da jaýlamaz. Olar topragyň ýüzünde ders ýaly pytrap ýatarlar“.

34 Çopanlar, aglaň, perýat ediň!

Halkyň* baştutanlary, kül içinde togalanyň!

Sebäbi öljek, ýok boljak günüňiz geldi,

Gymmatbaha küýze ýaly döwlersiňiz.

35 Çopanlar gaçyp bilmezler,

Halkyň baştutanlary gutulyp bilmezler.

36 Çopanlar perýat edýär,

Halkyň baştutanlary nalaýar,

Sebäbi Ýehowa olaryň örüsini weýran etdi.

37 Ýehowanyň gahar⁠-⁠gazabyndan ýaňa,

Asuda ýerlerde janly⁠-⁠jemende galmady.

38 Alla arslan kimin mekanyndan çykdy+.

Gahar⁠-⁠gazabyndan,

Zalym gylyjyndan

Tutuş ýurt ýer bilen ýegsan boldy».

26 Ýahudanyň patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ patyşalygynyň başynda Ýehowadan maňa habar geldi: 2 «Ýehowa aýdýar: „Ýehowanyň öýüniň howlusynda dur, Ýahudanyň şäherlerinden Ýehowanyň öýüne sežde* etmäge gelýän ähli adamlara saňa tabşyran sözlerimiň hemmesini, ýekejesini⁠-⁠de gaçyrman aýt. 3 Belki⁠-⁠de, olar gulak asyp, zalym ýolundan dönerler. Men hem pikirimi üýtgedip*, olaryň eden zalym işleri üçin başlaryna betbagtçylyk indermerin+. 4 Olara Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eger maňa gulak asmasaňyz, kanunlarymy berjaý etmeseňiz*, 5 gaýta⁠-⁠gaýta* iberen pygamberlerimi diňlemeseňiz+, 6 onda men ybadathanany Şilo+ ýaly ederin we ýer ýüzüniň ähli halklary şäheriňizi näletlärler“»+.

7 Ruhanylar, pygamberler we ähli halk Ýermeýanyň Ýehowanyň öýünde aýdan sözlerini eşitdiler+. 8 Ýermeýa Ýehowanyň tabşyran sözlerini halka aýdan badyna, ruhanylar, pygamberler, ähli adamlar ony tutup, şeýle diýdiler: «Sen hökman ölersiň. 9 Näme üçin Ýehowanyň adyndan pygamberlik edip: „Ybadathana Şilo ýaly bolar, şäher haraba öwrüler, janly⁠-⁠jemende galmaz“ diýýärsiň?» Ýehowanyň öýündäki ähli adamlar Ýermeýanyň daşyna üýşdüler.

10 Ýahudanyň hanlary muny eşidenlerinde, patyşanyň köşgünden çykyp, Ýehowanyň öýüne geldiler we Ýehowanyň öýüniň täze derwezesiniň öňünde oturdylar+. 11 Ruhanylar bilen pygamberler hanlara we tutuş halka ýüzlenip: «Ýermeýa ölüm jezasyna mynasyp+. Eşidişiňiz ýaly, ol şäherimize garşy pygamberlik edýär»+ diýdiler.

12 Şonda Ýermeýa ähli hanlara we halka şeýle diýdi: «Ybadathana we şäher barada pygamberlik etmäge Ýehowanyň özi iberdi. Siz Hudaýyň aýdan ähli sözlerini gulagyňyz bilen eşitdiňiz+. 13 Indi öz ýollaryňyzdan dönüň we işleriňizden el çekiň. Ýehowa Hudaýyňyza gulak asyň. Şonda Ýehowa pikirini üýtgedip*, başyňyza betbagtçylyk indermez+. 14 Ine men siziň eliňizde, nämäni makul bilseňiz, şony⁠-⁠da ediň. 15 Emma şuny bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, şäherem, onuň ilatam, sizem bigünä adamyň ganyna galarsyňyz. Sebäbi meni Ýehowanyň özi şu habary aýtmaga iberdi».

16 Hanlar bilen halk bolsa ruhanylara we pygamberlere: «Ol Ýehowa Hudaýymyzyň adyndan gepleýär, ölüme laýyk iş etmändir» diýdiler.

17 Ýurduň ýaşulularynyň käbirleri ýerinden turup, halka şeýle diýdiler: 18 «Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň+ günlerinde moreşetli Mikaý+ pygamberlik edip, tutuş ýahuda halkyna: „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar:

„Sion mellek kimin sürler,

Iýerusalim harabaçylyga döner+.

Dagyň depesindäki ybadathana jeňňele öwrüler“+ diýipdi.

19 Ýahudanyň patyşasy Hizkiýa we ýahuda halky ony öldürdimi? Patyşa Ýehowadan gorkup, Ýehowanyň rehim etmegini dilemedimi?* Ýehowa hem pikirinden el çekip*, olaryň başyna betbagtçylyk indermedi+. Biz bolsa öz başymyza özümiz bela satyn aljak bolýarys.

20 Kirýat⁠-⁠ýegarimli+ Şemaýanyň ogly Uryýah hem Ýehowanyň adyndan pygamberlik edýärdi. Ol hem Ýermeýa ýaly şähere we ýurdumyza garşy welilik edýärdi. 21 Ýehoýakym+ patyşa, onuň batyr esgerleri we hanlary muny eşidenlerinde, ony öldürmegiň küýüne düşdüler+. Şonda Uryýah gorkup, Müsüre gaçyp gitdi. 22 Ýehoýakym patyşa Ahboryň ogly Elnatany+ başga adamlar bilen bile Müsüre iberdi. 23 Olar Uryýahy Müsürden alyp gaýtdylar we Ýehoýakym patyşanyň huzuryna getirdiler. Patyşa ony gylyjy bilen öldürdi+, jesedini garyplaryň gonamçylygyna zyňdyrdy».

24 Şapanyň+ ogly Ahykam+ Ýermeýanyň arkasyny aldy we öldürilmegine ýol bermedi+.

27 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň hökümdarlygynyň başynda Ýermeýa pygambere Ýehowadan habar geldi. 2 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Özüňe birnäçe boýuntyryk ýasa, olary ýüp bilen boýnuňdan as. 3 Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Sadykýaryň ýanyna habarçylar gelendir. Habarçylar boýuntyryklary Edom+ patyşasyna, Mowap+ patyşasyna, Ammon+ patyşasyna, Tir+ patyşasyna we Sidon+ patyşasyna eltip bersinler. 4 Olara patyşalary barada şeýle diý:

„Siz patyşaňyza Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diýiň: 5 „Men ýeri, ynsanlary, ýer ýüzündäki haýwanlary güýçli golum we gudratly elim bilen ýaratdym. Men olary islänime berýärin+. 6 Men ýurtlary, ýabany haýwanlary guluma, Wawilon patyşasy Nawuhodonosora berdim+. 7 Ähli milletler şol patyşa, ogluna we agtygyna gulluk eder. Patyşalygynyň soňy gelende bolsa+, köp halklar we beýik patyşalar olaryň özüni gul ederler“+.

8 Ýehowa şeýle diýýär: „Eger bir millet ýa⁠-⁠da patyşalyk Wawilon patyşasy Nawuhodonosora gulluk etmese, Wawilon patyşasynyň boýuntyrygyny dakynmasa, men şol milleti gylyç+, açlyk, mergi bilen jezalandyraryn we Wawilon patyşasynyň eli bilen ýok ederin“.

9 Pygamberleriň, palçylaryň, düýş ýorýanlaryň, jadygöýleriň, porhanlaryň: „Siz Wawilon patyşasyna gulluk etmersiňiz“ diýýän sözlerine ynanmaň. 10 Sebäbi olar ýalan pygamberlik edýärler. Siz olary diňleseňiz, uzak ýurda sürgün edilersiňiz. Men sizi dargadaryn we ýok ederin.

11 Eger halk Wawilon patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, hyzmat etse, men olary watanynda galdyraryn — muny Ýehowa aýdýar. — Olar öz melleginde zähmet çekip, öz ýurdunda ýaşarlar“».

12 Men Ýahudanyň patyşasy Sadykýara+ hem şeýle diýdim: «Wawilon patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, halkyna hyzmat etseň, janyňy halas edersiň+. 13 Näme üçin özüňi we halkyňy heläk etjek bolýarsyň? Ýehowa Wawilon patyşasyna hyzmat etmedik halkyň başyna gylyç+, açlyk+ we mergi+ inderjegini aýdypdy. 14 „Wawilon patyşasyna hyzmat etmersiň“ diýýän pygamberleri diňleme+. Olar ýalan sözleýärler+.

15 Ýehowa şeýle diýýär: „Men pygamberleri ibermedim. Olar meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Eger olary diňleseňiz, men sizi dargadaryn we pygamberleriňiz bilen bile ýok ederin“»+.

16 Men ruhanylara we tutuş halka şeýle diýdim: «Ýehowa diýýär: „Pygamberleriň sözlerine gulak asmaň. Olar: „ Tizden Ýehowanyň öýüniň gap⁠-⁠gaçlary Wawilondan yzyna getiriler“+ diýip, ýalan pygamberlik edýärler+. 17 Olary diňlemäň, Wawilon patyşasyna gulluk ediň, aman galarsyňyz+. Ýogsam şäheriňiz weýran bolar. 18 Eger olar pygamber bolsa, Ýehowa olar bilen hakykatdan⁠-⁠da gepleşýän bolsa, onda Serkerdebaşy Ýehowa ýalbaryp: „Ýehowanyň öýünde, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalim şäherinde galan gap⁠-⁠gaçlar Wawilona äkidilmesin“ diýsinler.

19 Serkerdebaşy Ýehowa şäherde galan gap⁠-⁠gaçlara, sütünlere+, mis howza*+ we arabalara+ näme boljagy hakda aýdýar. 20 (Wawilon patyşasy Nawuhodonosor Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehonýany, Iýerusalimiň we Ýahudanyň ähli beglerini Wawilona sürgün edende şol zatlary alyp gitmändi)+. 21 Ýehowanyň öýünde, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalim şäherinde galan gap⁠-⁠gaçlar barada Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: 22 „Olar Wawilona äkidiler+ we nazar saljak günüme çenli, şol ýurtda galar. Soňra men olary alyp gaýdaryn we şu ýerde goýaryn“+. Muny Ýehowa aýdýar».

28 Şol ýyl Ýahuda patyşasy Sadykýaryň+ hökümdarlygynyň başynda, ýagny dördünji ýylynyň bäşinji aýynda gibgonly+ Azuryň ogly Hananýa pygamber Ýehowanyň öýünde, ruhanylaryň we halkyň öňünde şeýle diýdi: 2 «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men Wawilon patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin+. 3 Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň Ýehowanyň öýünden Wawilona alyp giden gap⁠-⁠gaçlaryny iki ýylyň içinde yzyna getirerin+. 4 Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň+ ogly Ýehonýany+ we Ýahudadan Wawilona sürgün edilenleri⁠-⁠de+ yzyna getirerin. Men Wawilon patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Ýehowa aýdýar».

5 Ýermeýa pygamber Ýehowanyň öýüne gelen jemagatyň we ruhanylaryň öňünde Hananýa pygambere şeýle jogap berdi: 6 «Goý, Ýehowa şeýle etsin! Omyn!* Agzyňdan Hudaý eşitsin! Ýehowa sürgün edilen halky we Ýehowanyň öýüniň gap⁠-⁠gaçlaryny Wawilondan yzyna getirsin. 7 Indi bolsa saňa we halka aýtjak sözlerimi diňle. 8 Senem, menem dünýä inmänkäk, gadymy döwürlerde ýaşan pygamberler hem köp ýurtlaryň, beýik patyşalyklaryň üstüne urşuň, betbagtçylygyň we merginiň injekdigi barada pygamberlik edipdiler. 9 Eger bir pygamber parahatlygyň boljakdygyny aýtsa we onuň aýdan sözi ýerine ýetse, ol Ýehowanyň iberen pygamberidir».

10 Şonda Hananýa pygamber Ýermeýanyň boýnundaky boýuntyrygy çykaryp döwdi+. 11 Hananýa halkyň öňünde: «Ýehowa şeýle aýdýar: „Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň ähli halklara dakan boýuntyrygyny iki ýylyň içinde şeýdip döwerin“»+ diýdi. Ýermeýa pygamber bolsa çykyp gitdi.

12 Hananýa pygamber Ýermeýanyň boýnundaky boýuntyrygyny çykaryp döwenden soňra, Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 13 «Hananýanyň ýanyna baryp, Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Sen agaç boýuntyrygy döwdüň+, indi demir boýuntyryk ýasarsyň“. 14 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ähli milletleriň boýnuna demir boýuntyryk dakaryn. Olaryň ählisi Wawilon patyşasy Nawuhodonosora gulluk eder+, ýabany haýwanlary hem onuň eline bererin“»+.

15 Ýermeýa pygamber Hananýa+ şeýle diýdi: «Hananýa, ýalbarýaryn, maňa gulak as! Seni Ýehowa ibermedi. Ýöne sen halky ýalan sözleriňe ynandyrdyň+. 16 Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni ýer ýüzünden ýok ederin. Sen şu ýylyň içinde ölersiň. Sebäbi halky Ýehowa garşy aýaga galdyrdyň“»+.

17 Hananýa pygamber şol ýylyň ýedinji aýynda aradan çykdy.

29 Ýermeýa pygamber sürgün edilen ýaşululara, ruhanylara, pygamberlere we Nawuhodonosor patyşanyň Iýerusalimden Wawilona sürgün eden ähli adamlaryna Iýerusalimden hat ýollady. 2 Şu hat Ýehonýa+ patyşa bilen onuň ejesi+, köşk emeldarlary, Ýahudanyň we Iýerusalimiň hanlary, ussalary hem⁠-⁠de demirçileri* Iýerusalimden äkidilenden soň ýazyldy+. 3 Ýermeýa hatyny Şapanyň+ ogly Alyýas we Hilkiýanyň ogly Gemarýa arkaly ugratdy. Ýahuda patyşasy Sadykýar+ olary Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň ýanyna iberipdi. Hatda şeýle diýilýär:

4 «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa Iýerusalimden Wawilona sürgün eden halkyna şeýle diýýär: 5 „Jaýlar gurup, olarda ýaşaň, baglar ekip, miwesinden iýiň. 6 Öýleniň, ogul⁠-⁠gyzyňyz bolsun. Ogullaryňyzy öýlendiriň, gyzlaryňyzy durmuşa çykaryň, olaryň hem ogul⁠-⁠gyzlary bolsun. Şol ýurtda köpeliň, sanyňyz azalmasyn. 7 Sizi sürgün eden şäherimde parahatlygy saklaň. Ol şäheriň abadançylygy üçin Ýehowa doga ediň, sebäbi şäherde parahatlyk bolsa, siz hem asuda ýaşarsyňyz“+. 8 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Pygamberlere we palçylara özüňizi aldatmaň+. Olaryň düýşlerini diňlemäň. 9 Sebäbi olar meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Men olary ibermedim+ — muny Ýehowa aýdýar.

10 Wawilona äkidileniňize 70 ýyl dolanda, size nazar salaryn+. Sizi watanyňyza getirip, beren wadamy berjaý ederin+ — muny Ýehowa aýdýar.

11 Men size ýagşylyk isleýärin — muny Ýehowa aýdýar. — Ýagty gelejege umydyňyz bolar ýaly+, men size betbagtçylyk däl⁠-⁠de, parahatlyk bererin+. 12 Siz meni çagyryp, doga edersiňiz, menem sizi diňlärin+.

13 Siz meni gözläp taparsyňyz+, sebäbi bütin ýüregiňiz bilen agtararsyňyz+. 14 Menem size özümi tapmaga kömek ederin+ — muny Ýehowa aýdýar. — Sizi ýesirlikden azat ederin, sizi pytradan ähli milletlerimiň we ýurtlarymyň arasyndan ýygnaryn+ — muny Ýehowa aýdýar. — Sizi sürgün eden ýurdumdan dogduk mekanyňyza getirerin“+.

15 Emma siz: „Ýehowa Wawilonda bize pygamberleri berdi“ diýýärsiňiz.

16 Dawudyň tagtynda oturan patyşa+, şäheriň ähli ilatyna, siziň bilen sürgün edilmedik doganlaryňyza Ýehowa şeýle diýýär: 17 „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň üstüne gylyç, açlyk we mergi indererin+. Olary çüýrük*, iýip bolmaýan injir ýaly ederin+.

18 Men olaryň üstüne gylyç+, açlyk we mergi indererin; bütin ýer ýüzüniň patyşalyklarynyň arasyna dargadaryn+, halklar olary görüp aňk bolarlar, gorkarlar+, olara sykylyk çalarlar*+, gargarlar, ýaňsylarlar. 19 Sebäbi olar gaýta⁠-⁠gaýta* ýollan pygamberlerime gulak asmadylar+ — muny Ýehowa aýdýar.

Sizem maňa gulak asmaýarsyňyz+ — muny Ýehowa aýdýar.

20 Iýerusalimden Wawilona sürgün eden halkym, Ýehowanyň sözlerini diňläň! 21 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Meniň adymdan ýalan pygamberlik edýän+ Kolaýanyň ogly Ahaby we Maseýanyň ogly Sadykýary Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* eline bererin. Patyşa olary gözüňiziň alnynda öldürer. 22 Olaryň başyna inenler Wawilona sürgün edilen Ýahuda halkynyň arasynda şeýle gargyşa öwrüler: „Wawilon patyşasy Sadykýary we Ahaby diriligine otda ýakypdy, goý, Ýehowa seni hem şeýle etsin“. 23 Olar Ysraýylda biabraýçylykly işleri etdiler+, goňşusynyň aýaly bilen zyna etdiler, meniň adymdan ýalan pygamberlik edip, tabşyrmadyk zatlarymy aýtdylar+.

Men mundan habarly, muňa özüm şaýat“+.

Muny Ýehowa aýdýar.

24 Nehelamly Şemaýa+ barada 25 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Sen Iýerusalimdäki ähli adamlara, Maseýa ruhanynyň ogly Sepanýa+ we ähli ruhanylara hat ýollap, şeýle diýdiň: 26 „Ýehowa Ýehoýada derek seni ruhany edip belledi. Sen Ýehowanyň öýüne gözegçilik etmeli we özüni pygamber hasaplaýan her bir akylyndan azaşany gandallamaly*+. 27 Onda näme üçin özüni pygamber hasaplaýan+ anatotly Ýermeýa+ jeza bermeýärsiň? 28 Ol hatda bize, Wawilondakylara şeýle habar ugratdy: „Sürgün uzaga çeker! Jaýlar gurup, olarda ýaşaň, baglar ekip, miwesinden iýiň“»+.

29 Sepanýa+ ruhany haty Ýermeýa pygambere okap berensoň, 30 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 31 «Sürgündäki ähli adamlara habar ýolla: „Ýehowa nehelamly Şemaýa barada şeýle diýýär: „Men ony ibermesem⁠-⁠de, Şemaýa size pygamberlik etdi, ýalan sözlerine ynandyrmak isledi“+. 32 Ýehowa şeýle diýýär: „Men nehelamly Şemaýa we onuň nesillerine jeza bererin. Halkyň arasynda onuň neslinden hiç kim aman galmaz. Ol halkyma etjek ýagşylygymy görmez. Sebäbi ol halky Ýehowa garşy aýaga galdyrdy“. Muny Ýehowa aýdýar».

30 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Aýtjak zatlarymy bir kitaba ýazyp goý. 3 Şeýle günler geler — muny Ýehowa aýdýar. — Ysraýyl we ýahuda halkynyň ýesir düşenlerini bir ýere jemlärin+ — muny Ýehowa aýdýar. — Olary ata⁠-⁠babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin. Olar ýene⁠-⁠de ýurda eýe çykarlar“»+.

4 Ýehowanyň ysraýyl we ýahuda halkyna aýdan sözleri.

 5 Ýehowa şeýle diýýär:

«Gorkudan ýaňa gygyryşýanlaryň sesi eşidilýär,

Daş⁠-⁠töwerek gorkunç, hiç ýerde parahatlyk ýok.

 6 Erkek adam çaga dograrmy?

Onda näme üçin güýçli adamlar

Dogurýan aýal ýaly garnyny tutýarlar?+

Olaryň ýüzi näme üçin ak tam ýaly?

 7 Ol gün gorkunç bolar+,

Görlüp⁠-⁠eşidilmedik gün bolar.

Ýakup hasrat çeker,

Emma men ony halas ederin».

8 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Şol güni boýuntyryklary döwüp, ýüplerini üzerin. Indi ýat adamlar olary gul etmez. 9 Olar Ýehowa Hudaýyna we meniň bellän patyşam Dawuda gulluk ederler+.

10 Gulum Ýakup, gorkma!

Ysraýyl, heder etme!+ — Muny Ýehowa aýdýar.

Sebäbi men seni uzak ýerlerden,

Nesilleriňi sürgün edilen ýurtlaryndan halas ederin+.

Ýakup yzyna dolanar, asuda hem parahat ýaşar,

Olary gorkuzan bolmaz+.

11 Men ýanyňda bolaryn, seni halas ederin».

Muny Ýehowa aýdýar.

«Seni milletleriň arasyna dargatdym.

Indi ol milletleri ýok ederin+.

Seni bolsa ýok etmerin+.

Saňa temmi bererin, emma öte geçmerin,

Ýöne jezasyz hem galdyrmaryn»+.

12 Ýehowa şeýle diýýär:

«Derdiňe derman tapylmaz+,

Ýaraňa melhem çalynmaz.

13 Hiç kim arkaňy tutmaz,

Ýaralaryňy saramaz,

Derdiňe melhem çalmaz.

14 Oýnaşlaryň seni unutdy+,

Seni küýseýän adam ýok.

Duşman kimin seni ýaraladym+,

Zalym adam kimin saňa temmi berdim.

Sebäbi günä üstüne günä etdiň+.

15 Derdim agyr diýip nämä zeýrenýärsiň?

Ýaralaryň bitmez.

Günä üstüne günä etdiň+,

Ähli zady başyňa men inderdim.

16 Seni ýok edenleriň özleri ýok ediler+,

Ähli duşmanlaryň sürgün ediler+.

Seni talan garakçylaryň özleri talanar,

Olja alanlaryň özleri olja bolarlar+.

17 Saňa „sergezdan“ diýseler⁠-⁠de,

„Siony hiç kim idemeýär“+ diýseler⁠-⁠de,

Men seni sagaldaryn, ýaralaryňa melhem çalaryn»+.

Muny Ýehowa aýdýar.

18 «Ýakubyň çadyryna gelip,

Ýesir düşenleri ýygnaryn+ — muny Ýehowa aýdýar.

Onuň çadyrlaryny görenimde ýüregim gyýlar.

Şäher öňki ýerinde gurlar+,

Diň öňki ýerinde dikeldiler.

19 Ol ýerden alkyş we gülki sesi eşidiler+.

Men olary köpelderin, sanyny artdyraryn+,

Halkymy sansyz⁠-⁠sajaksyz* ederin.

Indi olar kemsidilmez+.

20 Ogullary öňki ýaly döwletli bolar,

Gujur⁠-⁠gaýratdan dolup, huzurymda durarlar+.

Olaryň duşmanlaryny jezalandyraryn+.

21 Onuň neslinden baştutan,

Öz içinden hökümdar dörär.

Men ony çagyrsam, huzuryma geler.

Çagyrmasam, huzuryma gelmäge kim ýürek edip biler?»

Muny Ýehowa aýdýar.

22 «Şonda siz meniň halkym,

Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn»+.

23 Ýehowanyň gahary harasat ýaly turar+,

Apy⁠-⁠tupan kimin erbetleriň başyndan iner.

24 Ýehowanyň niýeti ýerine ýetýänçä, amala aşýança,

Onuň gahar⁠-⁠gazaby köşeşmez+.

Siz muňa soňky günlerde düşünersiňiz+.

31 Ýehowa şeýle diýýär: «Şol döwürde men ysraýyl taýpalarynyň Hudaýy bolaryn, olar⁠-⁠da meniň halkym bolar+.

 2 Ýehowa şeýle diýýär:

„Ysraýyl çölüň içi bilen janyna rahatlyk tapmaga barýardy,

Sebäbi Alla olara rehim edip, gylyçdan halas etdi“».

 3 Ýehowa uzakdan gelip, şeýle diýdi:

«Men seni ebedilik söýdüm.

Wepaly söýgim* bilen çoýup, seni kabul etdim*+.

 4 Men seni dikelderin, sen hökman aýaga galarsyň+.

Ysraýyl gyzy, deprek kakarsyň,

Şatlanyp tans edersiň*+.

 5 Samariýanyň daglarynda ýene üzüm nahallaryny ekersiň+,

Üzümçiler üzüm ekip, miwesinden hezil edip iýerler+.

 6 Şeýle bir günler geler, garawullar Efraýym daglarynda:

„Turuň, Siona, Ýehowa Hudaýymyzyň huzuryna gideliň!“ diýip, jar çekerler»+.

 7 Ýehowa şeýle diýýär:

«Ýakup üçin begenip aýdym aýdyň.

Şatlykdan ýaňa gygyryň, sebäbi siz beýik millet+.

Muny jar ediň. Hudaýy şöhratlandyryp şeýle diýiň:

„Ýehowa, halkyňy, Ysraýylyň aman galanlaryny halas et“+.

 8 Men olary demirgazyk ýurdundan yzyna getirerin+.

Ýeriň dürli künjeginden ýygnaryn+.

Olaryň arasynda kör we agsak adamlar+,

Göwreli we burgusy tutýan aýallar bolar.

Olar ulus⁠-⁠il bolup, ýurduna dolanarlar+.

 9 Olar aglaý⁠-⁠aglaý gelerler+,

Rehim etmegimi sorarlar, men hem olara ýol görkezerin.

Olar büdremez ýaly, tekiz ýol bilen

Akar suwlaryň ýakasyna getirerin+.

Sebäbi men Ysraýylyň Atasy, Efraýym nowbahar oglum»+.

10 Eý halklar, Ýehowanyň sözüni diňläň!

Onuň sözüni uzak adalara jar ediň+:

«Ysraýyly dargadan Hudaý ony jemlär.

Sürüsini goraýan çopan kimin gorar+.

11 Ýehowa Ýakup üçin töleg tölär+,

Güýçli duşmandan halas eder+.

12 Olar Siona gelip, joşup aýdym aýdarlar+.

Ýehowanyň eden ýagşylygyny,

Beren bugdaýyny, täze şerabyny+, ýagyny,

Owlak⁠-⁠guzularyny we gölelerini+ görüp begenerler.

Olar suwarylan bag ýaly bolarlar+,

Hiç haçan saralyp solmazlar+.

13 Şol döwür gyzlar, ýigitler we garrylar,

Bilelikde şatlanyp, tans ederler+.

Olaryň ýasy toýa öwrüler+,

Gaýgysy şatlyga öwrüler, göwünlik bererin+.

14 Ruhanylaryny näz⁠-⁠nygmatdan doýraryn,

Halkyma bereket bererin»+. Muny Ýehowa aýdýar.

15 Ýehowa şeýle diýýär:

«Rama+ şäherinde agy sesi, dady⁠-⁠perýat eşidilýär.

Rahel ogullary üçin aglaýar+,

Teselli sözlerini diňlemeýär,

Indi onuň ogullary ýok»+.

16 Ýehowa şeýle diýýär:

«Zar⁠-⁠zar aglama, gözýaş dökme,

Çeken zähmetiň üçin sylaglaryn.

Ogullaryň duşman ýurdundan gaýdyp gelerler»+.

Muny Ýehowa aýdýar.

17 «Saňa ýagty gelejek garaşýar+,

Ogullaryň dogduk mekanyna dolanar»+.

Muny Ýehowa aýdýar.

18 «Men Efraýymyň agysyny eşitdim:

„Sen maňa käýediň, menem düzeldim,

Men nogta salynmadyk göle ýalydym.

Meni yzyma gaýtar, men şol bada dolanaryn.

Sebäbi meniň Hudaýym sensiň Ýehowa.

19 Men toba edip, yzyma dolandym+.

Ýalňyşyma düşünip, dyzyma urdum.

Ýaşlygymda eden günälerime utandym,

Utançdan ýaňa ýüzümi ýerden galdyryp bilmedim“+.

20 Efraýym meniň söwer oglum, eziz balam dälmi?+

Näçe käýesem⁠-⁠de, barybir balamy unutmaryn.

Oglum üçin ýüregim gan aglaýar+,

Oňa rehim ederin — muny Ýehowa aýdýar+.

21 Özüň üçin ýol belgilerini,

Ýol görkezýän daşlary dik+.

Şaýola, ýörejek ýoluňa ünsli bol+.

Gaýt yzyňa, eý Ysraýyl gyzy, şäherleriňe dolan!

22 Eý biwepa gyz, haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek?

Ýehowa ýer ýüzünde täze bir zat etdi:

Aýal erkegiň daşynda perwaz urar».

23 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Men olaryň ýesir düşenlerini yzyna getirenimde, Ýahudada we galalarynda ýene⁠-⁠de: „Eý dogrulyk mekany+, eý mukaddes dag+, goý, seni Ýehowa ýalkasyn!“ diýerler. 24 Ýahudanyň galalarynda daýhanlar we çopanlar ýaşarlar+. 25 Men ýadaw adamyň göwnüni götererin, ysgyndan gaçanyň güýjüne güýç goşaryn»+.

26 Şonda men süýji ukudan oýanyp, gözlerimi açdym.

27 Ýehowa diýýär: «Şeýle günler geler, ysraýyl bilen ýahuda halkyny köpelderin, mallarynyň sanyny artdyraryn+.

28 Men olary sogrup taşlamaga, ýykmaga, weýran etmäge, ýer bilen ýegsan etmäge we urmaga taýýar duran bolsam+, olary dikmäge, ekmäge hem taýýar duraryn+ — muny Ýehowa aýdýar. 29 — Şol günler olar: „Atalary turşy üzüm iýdiler, ogullarynyň dişi gamaşdy*“ diýmezler+. 30 Emma her kim öz günäsi üçin öler. Turşy üzüm iýeniň öz dişi gamaşar.

31 Ysraýyl we Ýahuda öýi bilen täze äht baglaşjak günlerim geler+ — muny Ýehowa aýdýar. 32 — Şu äht olaryň ata⁠-⁠babalary bilen baglaşan ähtim ýaly bolmaz. Men ata⁠-⁠babalarynyň elinden tutup, Müsürden çykaran günüm äht baglaşypdym+. Men olaryň hojaýyny* bolsam⁠-⁠da, meniň ähtimi bozdular+ — muny Ýehowa aýdýar.

33 Şol günlerden soň men ysraýyl halky bilen äht baglaşaryn — muny Ýehowa aýdýar. — Kanunlarymy olaryň aňyna guýup+, ýüreklerine ýazaryn+. Men olaryň Hudaýy, olar hem meniň halkym bolar+.

34 Olaryň hiç biri doganyna we goňşusyna: „Ýehowany tanaň!“+ diýip öwretmezler. Sebäbi olaryň ählisi, uludan⁠-⁠kiçisine çenli meni tanarlar+. Men halkymyň etmişlerini bagyşlaryn, günälerini ýatlamaryn»+. Muny Ýehowa aýdýar.

35 Ýehowa gündizine yşyk bolar ýaly, Güni ýaratdy,

Gijesine ýagtylyk bolar ýaly,

Aýa we ýyldyzlara kanun goýdy.

Hudaýyň emri bilen deňiz möwç urýar, tolkun atýar.

Ady Serkerdebaşy Ýehowa+ şeýle diýýär:

36 «Tebigatyň kanunlarynyň ebedilik bolşy ýaly,

Ysraýyl nesilleri⁠-⁠de huzurymda ebedi durar+ — muny Ýehowa aýdýar.

37 Ýehowa şeýle diýýär: „Ynsan asmany ölçäp bilmez, ýeriň düýbüni barlap bilmez, men⁠-⁠de Ysraýyl nesillerini eden ähli işleri üçin terk edip bilmerin“. Muny Ýehowa aýdýar+.

38 Ýehowa diýýär: „Şeýle günler geler, Ýehowa üçin şäher gurlar+. Şäher Hananel diňinden+ Burç derwezesine+ çenli uzalyp gider. 39 Ölçeg ýüpi+ Garep depesine çenli, ol ýerden hem Gowa tarap uzalyp gider. 40 Jeset taşlanýan we kül* atylýan jülgeden başlap tä Kidron deresine+ we gündogardaky Bedew derwezesine+ çenli ähli ýerler Ýehowa üçin mukaddes bolar+. Şäher hiç haçan ýykylmaz, weýran edilmez“».

32 Ýahuda patyşasy Sadykýaryň hökümdarlygynyň 10⁠-⁠njy ýylynda, Nawuhodonosoryň*+ hökümdarlygynyň 18⁠-⁠nji ýylynda Ýehowa Ýermeýa pygamber bilen gepleşdi. 2 Şol wagt Wawilon patyşasynyň goşunlary Iýerusalimi gabapdy. Ýermeýa pygamber tussag edilip, Ýahuda patyşasynyň köşgüne ýanaşyp duran Garawulhananyň howlusynda+ saklanýardy. 3 Ýahuda patyşasy Sadykýar ony tussag edip+, şeýle diýipdi: «Sen näme üçin şeýle pygamberlik etdiň? Sen Ýehowa şeýle aýdýar diýdiň: „Şäheri Wawilon patyşasynyň eline bererin. Ol şäheri basyp alar+. 4 Ýahuda patyşasy Sadykýar haldeýlerden gaçyp bilmez. Sadykýary Wawilon patyşasynyň huzuryna elterler. Sadykýar onuň gözüne seredip, ýüzbe⁠-⁠ýüz gepleşmeli bolar+. 5 Patyşa Sadykýary Wawilona alyp gider. Men Sadykýara nazar salýançam, şol ýerde bolar. Sen haldeýlere garşy söweşseň⁠-⁠de, ýeňiş gazanyp bilmersiň“+. Muny Ýehowa aýdýar».

6 Ýermeýa pygamber şeýle diýdi: «Ýehowadan maňa habar geldi: 7 „Agaň Şalumyň ogly Hanamel gelip: „Anatotdaky+ mellegimi satyn al, sebäbi satyn almaga birinji seniň hakyň bar“+ diýer“».

8 Ýehowanyň aýdyşy ýaly, agamyň ogly Hanamel Garawulhananyň howlusyna gelip, maňa: «Benýamin topragynda ýerleşýän Anatotdaky mellegimi satyn alaý, sebäbi satyn alyp, eýe çykmaga birinji seniň hakyň bar. Mellegimi satyn alaý» diýdi. Şonda men munuň Ýehowanyň sözüdigini bildim.

9 Men agamyň ogly Hanameliň Anatotdaky mellegini satyn aldym. Men oňa ýedi şekel* we on kümüş çekip berdim+. 10 Men şertnama baglaşyp+, möhür basdym. Şaýatlary çagyrdym+ we altyn⁠-⁠kümşi terezide çekip berdim. 11 Men kanuna laýyklykda, möhürli we möhürsiz aluw⁠-⁠satuw şertnamany aldym. 12 Men aluw⁠-⁠satuw şertnamany agamyň ogly Hanameliň, şertnama gol çeken şaýatlaryň, Garawulhananyň howlusynda+ oturan ähli ýehudylaryň öňünde Mahseýanyň agtygy, Nuryýaryň+ ogly Baruga+ berdim.

13 Men olaryň öňünde Baruga diýdim: 14 «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şertnamalary — möhürli we möhürsiz aluw⁠-⁠satuw şertnamalaryny al. Uzak wagtlyk saklanar ýaly, olary küýzä salyp goý“. 15 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ýurtda ýene⁠-⁠de jaýlar, mellekler we üzümçilikler satyn alnar“»+.

16 Men aluw⁠-⁠satuw şertnamany Nuryýaryň ogly Baruga berenimden soň, Ýehowa doga etdim: 17 «Älemiň Hökümdary Ýehowa! Sen beýik güýjüň, kuwwatly goluň bilen gögi we ýeri ýaratdyň+. Seniň başarmaýan zadyň ýok. 18 Sen müňlerçe ynsanlary söýýärsiň*. Atalarynyň günäsi üçin çagalaryna jeza berýärsiň+. Sen beýik, gudratly hak Hudaýsyň, adyň Serkerdebaşy Ýehowadyr. 19 Seniň maksatlaryň* beýikdir, gudratly işleri edýärsiň+. Ynsanlaryň ähli ýollaryny görüp+, her kimiň saýlan ýoluna, eden işine görä hakyny berýärsiň+. 20 Müsür ýurdunda görkezen alamatlaryň we gudratlaryň şu günlerem il⁠-⁠günüň dilinden düşmeýär. Ysraýylyň we ähli halklaryň arasynda adyňy beýgeltdiň+, şu günem adyň beýikdir. 21 Sen alamatlary, gudratlary görkezip, güýç⁠-⁠kuwwatly goluň, gorkunç işleriň bilen ysraýyl halkyňy Müsür ýurdundan azat etdiň+.

22 Ata⁠-⁠babalaryna ant içip beren wadaňy ýerine ýetirip, olara süýt we bal akýan ýurdy berdiň+. 23 Olar gelip, şol ýurtda mesgen tutdular. Emma olar seni diňlemediler, kanunyňy berjaý etmediler, tabşyryklaryň hiç birini ýerine ýetirmediler. Sen hem olaryň başyndan betbagtçylyklary inderdiň+. 24 Duşmanlar şäheri basyp almak üçin gabaw depelerini galdyrdylar+. Şäheriň üstüne gylyç, açlyk we mergi iner+. Şäher haldeýleriň eline geçer. Görşüň ýaly, aýdan ähli zadyň berjaý boldy. 25 Älemiň Hökümdary Ýehowa, şäheriň haldeýleriň eline geçjegi gümansyz. Emma sen maňa: „Pul töläp, mellek satyn al, şaýatlary çagyr“ diýdiň».

26 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 27 «Men Ýehowa, ähli ynsanlaryň Hudaýy. Meniň başarmajak zadym barmy? 28 Ýehowa şeýle diýýär: „Men şäheri haldeýleriň we Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň eline bererin, ol şäheri basyp alar+. 29 Haldeýler şähere garşy söweşip, oňa girerler. Olar şäheri we jaýlary otlap kül ederler+. Sebäbi halkym meni ynjatmak üçin, öýleriniň üçeginde Bagala gurbanlyklar we ýat taňrylara şerap sadakalaryny berdiler+.

30 Ysraýyl we ýahuda halky ýaşlygyndan bäri meniň ýigrenýän işlerimi edip gelýär+. Ysraýyl halky edýän işleri bilen meni ynjatdy — muny Ýehowa aýdýar. 31 — Şäher gurlan gününden bäri, halkym gaharymy getirýär+. Şonuň üçin olar huzurymdan ýok ediler+. 32 Ysraýyl we ýahuda halky, olaryň patyşalary+, hanlary+, ruhanylary, pygamberleri+, Ýahudanyň hem Iýerusalimiň ilaty zalym işleri edip, meni ynjatdylar. 33 Olar maňa ýüzlerini däl⁠-⁠de, ýeňselerini öwürdiler+. Olara gaýta⁠-⁠gaýta* öwüt⁠-⁠nesihat berdim, emma olaryň hiç biri diňlemedi, terbiýämi kabul etmedi+. 34 Olar meniň adymy göterýän öýde nejis butlary dikip, ony haram etdiler+. 35 Şeýle⁠-⁠de olar Hennem+ oglunyň jülgesinde* Bagal taňrysyna seždegähleri* gurup, Molek taňrysyna gurbanlyk hökmünde ogul⁠-⁠gyzlaryny otda ýakdylar+. Muny men tabşyrmandym+, beýle zat pikirime⁠-⁠de gelmändi. Emma Ýahuda şeýle ýigrenji işlere baş goşup, günä etdi“.

36 Siz: „Şäheriň üstüne gylyç, açlyk we mergi inip, Wawilon patyşasynyň eline berler“ diýýärsiňiz. Emma Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: 37 „Men gahar⁠-⁠gazaba münüp, halkymy dürli ýurtlara dargadypdym, indi olary ýygnaryn+. Olary watanyna getirip, asuda ýaşadaryn+. 38 Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn+. 39 Halkym hemişe menden gorkar ýaly, men olara bir ýürek+, bir ýol bererin. Şonda halkym hem, çagalary hem bereket alarlar+. 40 Olar bilen ebedilik äht baglaşaryn+, olara ýagşylyk etmekden ýadamaryn+. Ýüreklerine gorky salaryn, şonda olar menden ýüz öwürmezler+. 41 Halkyma ýagşylyk etmekden şatlanaryn+, olar ýurtda ornaşarlar+. Muny bütin ýüregim, bütin janym* bilen ederin“.

42 Ýehowa şeýle diýýär: „Men halkymyň başyna betbagtçylyk inderipdim, indi wada eden bereketlerimi bererin“+. 43 Siz: „Ýurt haraba öwrüldi, ol ýerde adam⁠-⁠da ýok, haýwan⁠-⁠da. Ol haldeýleriň eline berildi“ diýersiňiz. Ýöne ýurtda ýene⁠-⁠de mellekler satyn alnar+.

44 Benýamin ýurdunda, Iýerusalimiň daş⁠-⁠töwereginde, Ýahuda şäherlerinde+, daglardaky we düzlükdäki şäherlerde+, günorta şäherlerinde mellekler satyn alnar, aluw⁠-⁠satuw şertnamalary baglaşylar+, olara möhür basylar, şaýatlar çagyrylar, sebäbi men ýesir düşenleri gaýtaryp getirerin+ — muny Ýehowa aýdýar».

33 Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda+ tussaglykda otyrka, Ýehowa onuň bilen ikinji sapar gepleşdi: 2 «Ýeri ýaradan Ýehowa, oňa şekil berip, düýbüni tutan Ýehowa, ady Ýehowa Hudaý şeýle diýýär: 3 „Meni çagyr, jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik işleriňi we akylyňa sygmajak zatlary höwes bilen gürrüň bereýin+.

4 Gabaw depelerinden we duşman ýaraglaryndan weýran bolan şäherdäki öýler hem⁠-⁠de Ýahuda patyşalarynyň köşgi hakda Ysraýyl Hudaýy Ýehowa habar berýär+. 5 Şeýle⁠-⁠de ol haldeýler bilen söweşmäge giden halk barada, Hudaýyň gahar⁠-⁠gazabyndan ýaňa jesetlerden dolan şäher barada hem aýdýar. Alla şäheriň zalym adamlaryndan ýüz öwrüpdi. 6 Hudaý şeýle diýýär: „Men olary bejererin, sagaldaryn+, dikelderin, parahatlyk we abadançylyk* bererin+. 7 Men Ýahudanyň we Ysraýylyň ýesir düşenlerini gaýtaryp getirerin+. Olara öňküsi ýaly bereket bererin+. 8 Olaryň maňa garşy eden günäsini, ähli ýazygyny we ýalňyşyny bagyşlaryn+, olary aklaryn+. 9 Men şäheriň adyny eşidip begenerin. Ol milletleriň arasynda bezegim bolar+. Şähere eden ýagşylyklarymy eşiden ýer ýüzüniň milletleri maňa alkyş aýdarlar. Milletler şähere beren parahatlygymy we ýagşylygymy görüp+, gorkudan ýaňa titreşerler“+.

10 Ýehowa şeýle diýýär: „Siziň: „Haraba öwrüler, ol ýerde ne adam, ne mal⁠-⁠gara galar“ diýen ýurduňyzda, Ýahuda galalarynda, boşap galan, ilatsyz, mal⁠-⁠garasyz Iýerusalimiň köçelerinde 11 şatlyk we gülki sesi+, ýigit bilen gelniň sesi eşidiler. Adamlar: „Serkerdebaşy Ýehowa şükür ediň, sebäbi Ýehowa ýagşydyr+, wepaly söýgüsi* ebedidir!“+ diýerler.

Olar Ýehowanyň öýünde şükür gurbanlyklaryny bererler+. Sebäbi men ýesirleri watanyna getirerin. Olaryň ýagdaýy öňküsi ýaly bolar“. Muny Ýehowa aýdýar».

12 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Haraba bolup ýatan, janly⁠-⁠jemendesiz, mal⁠-⁠garasyz şäherleriň ählisinde çopanlar sürüsini bakar ýaly öri meýdanlary bolar+.

13 Daglardaky we düzlükdäki şäherlerde, günorta şäherlerinde, Benýamin ýurdunda, Iýerusalimiň daş⁠-⁠töwereginde+, Ýahudanyň galalarynda+ çopanlar ýene⁠-⁠de goýunlaryny sanarlar — muny Ýehowa aýdýar.

14 Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl we Ýahuda nesline beren wadamy ýerine ýetirjek günlerim geler+. 15 Şonda Dawudyň neslinden bir dogruçyl şaha* çykararyn+. Ol ýurtda adalatly we dogruçyl patyşa bolar+. 16 Şol günlerde Ýahuda halas bolar+, Iýerusalim asuda ýaşar+. Onuň adyna: „Dogruçyllyk Ýehowadandyr“+ diýerler“».

17 Ýehowa şeýle diýýär: «Dawudyň nesli Ysraýyl tagtynda hemişe oturar+. 18 Meniň huzurymda ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny ýakjak we beýleki sadakalary berjek lewi ruhanylar hemişe bolar».

19 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 20 «Ýehowa diýýär: „Gün wagtynda dogmaz ýaly, garaňky düşmez ýaly edip bilseňiz, gündiz we gije bilen baglaşan ähtimi bozup bilseňiz+, 21 şonda menem gulum Dawut bilen baglaşan ähtimi bozup+, tagtda ogullary oturmaz ýaly ederin+. Men hyzmatkärlerim, lewi ruhanylar bilen baglaşan ähtimi hem bozaryn+. 22 Gulum Dawudyň neslini*, maňa hyzmat edýän lewileri sansyz⁠-⁠sajaksyz ýyldyzlar* we deňiz kenaryndaky çägeler ýaly köpelderin“».

23 Ýehowa ýene⁠-⁠de Ýermeýa bilen gepleşdi: 24 «Adamlaryň: „Ýehowa saýlan iki maşgalasyny taşlady“ diýýänlerini eşitmediňmi? Olar meniň halkymy sylamaýarlar, millet hasabynda görmeýärler.

25 Ýehowa şeýle diýýär: „Gündiz we gije baradaky ähtimiň+, ýeriň hem gögüň kanunlarynyň üýtgemeýşi ýaly+, 26 Ýakubyň we gulum Dawudyň neslinden hiç haçan ýüz öwürmerin. Dawudyň nesli Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesilleriniň üstünden höküm sürer. Olara rehim ederin+, ýesirlerini yzyna getirerin“»+.

34 Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* ähli goşuny, golastyndaky ähli patyşalyklary we halklary bilen Iýerusalime, onuň galalaryna garşy söweşýärdi+. Şonda Ýehowa Ýermeýa pygamber bilen gepleşdi:

2 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Git, Ýahuda patyşasy Sadykýara+ Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men şäheri Wawilon patyşasynyň eline bererin. Ol şäheri otlar+. 3 Sen ondan gaçyp gutulyp bilmersiň. Seni tutup, onuň eline bererler+. Wawilon patyşasyny öz gözüň bilen görüp, onuň bilen ýüzbe⁠-⁠ýüz gepleşersiň. Soňra sen Wawilona äkidilersiň“+. 4 Eý Sadykýar, Ýahuda patyşasy, Ýehowanyň sözüni diňle! Ýehowa sen hakda şeýle diýýär: „Sen gylyçdan ölmersiň, 5 asudalykda ölersiň+. Ata⁠-⁠babalaryň üçin, senden öň ýaşan patyşalar üçin ýakymly ysly tütetgi ýakyşlary ýaly, seniň üçin hem ýakymly ysly tütetgi ýakarlar. Adamlar: „Waý, patyşahym!“ diýip, seniň üçin aglarlar. Sebäbi Ýehowa: „Muny men aýdýaryn“ diýýär“».

6 Ýermeýa pygamber şu sözleri Iýerusalimde Ýahuda patyşasy Sadykýara aýtdy. 7 Şol wagt Wawilon patyşasynyň goşuny Iýerusalime garşy, Ýahudanyň basylyp alynmadyk şäherleri+ bolan Lakyşa+ we Azeka+ garşy söweşýärdi. Ýahudanyň basylyp alynmadyk galalaryndan diňe şolar galypdy.

8 Sadykýar patyşa Iýerusalimiň halky bilen äht baglaşyp, gullary azat etmegi+ yglan edende, Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. 9 Ähte görä her kes ýewreý guluny we gyrnagyny azat etmelidi, ýehudy ildeşini gulçulykda saklamaly däldi. 10 Muňa ähli hanlar we halk tabyn boldular. Her kim gul⁠-⁠gyrnaklaryny azat etmek, olary gulçulykda saklamazlyk baradaky baglaşan ähtini berjaý etdiler. Olar gulak asyp, gullaryny azatlyga çykardylar. 11 Emma azat eden gul⁠-⁠gyrnaklaryny yzyna getirip, ýene⁠-⁠de olary gul etdiler. 12 Şonda Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. Ýehowa şeýle diýdi:

13 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle aýdýar: „Ata⁠-⁠babalaryňyzy Müsürden, gul bolan ýurdundan çykaran günüm+ olar bilen äht baglaşyp+, şeýle diýipdim: 14 „Özüni gul edip satan, size alty ýyl hyzmat eden ýewreý ildeşiňizi ýedinji ýyl azatlyga goýberiň“+. Emma ata⁠-⁠babalaryňyz meni diňlemediler, maňa gulak asmadylar. 15 Şu gün siz erbet ýoluňyzdan döndüňiz we ildeşiňizi azat edip, meniň öňümde dogry iş etdiňiz. Meniň huzurymda, adymy göterýän öýde äht baglaşdyňyz. 16 Emma siz sözüňizden dändiňiz. Gul⁠-⁠gyrnaklaryňyzy islegine görä azat etdiňiz. Indi bolsa olary yzyna getirip, ýene⁠-⁠de gul etdiňiz. Meniň adyma dil ýetirdiňiz“+.

17 Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär: „Siz maňa gulak asmadyňyz, doganyňyzy, ildeşiňizi azat etmediňiz+. Emma men size şeýle bir „azatlyk“ bererin welin, siz gylyçdan, açlykdan+ we mergiden ölersiňiz — muny Ýehowa aýdýar. — Ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary sizi görenlerinde gorkudan ýaňa sandyrarlar+. 18 Göläni ikä bölüp, onuň bölekleriniň arasyndan geçen+ we meniň huzurymda baglaşan ähtini bozan adamlary, 19 göläniň bölekleriniň arasyndan geçen Ýahuda bilen Iýerusalimiň hanlaryny, köşk emeldarlaryny, ruhanylaryny we tutuş ýurduň halkyny 20 duşmanlaryna, janlarynyň kastyna çykanlaryň eline bererin. Olaryň jesetleri guşlara, ýyrtyjy haýwanlara şam bolar+. 21 Ýahuda patyşasy Sadykýar bilen hanlaryny duşmanlaryna, janynyň kastyna çykanlara we wagtlaýyn yza çekilen+ Wawilon patyşasynyň goşunyna bererin“+.

22 Men buýruk berip, olary şähere gaýtaryp getirerin. Olar şähere hüjüm edip, ony basyp alarlar we otlarlar+. Ýahuda şäherlerini ilatsyz harabaçylyga öwrerin+ — muny Ýehowa aýdýar».

35 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ günlerinde Ýehowa Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: 2 «Rehaplaryň+ öýüne bar⁠-⁠da, olar bilen gepleş. Olary Ýehowanyň öýündäki naharhanalaryň birine getirip, içmäge şerap ber».

3 Men Habasynýanyň agtygy, Ýermeýanyň ogly Ýazanýany, onuň doganlaryny, ähli ogullaryny we Rehabyň kowumyny 4 Ýehowanyň öýüne çagyrdym. Men olary hak Hudaýyň guly bolan Ygdalýanyň ogly Hanan ogullarynyň naharhanasyna alyp bardym. Ol otag hanlaryň naharhanasynyň gapdalyndady. Hanlaryň naharhanasy bolsa gapy garawuly Şalumyň ogly Maseýanyň naharhanasynyň ýokarsynda ýerleşýärdi. 5 Men şerapdan doly käseleri we bulgurlary rehaplara uzadyp: «Içiň» diýdim.

6 Emma olar şeýle jogap berdiler: «Biz şerap içmeris. Sebäbi atamyz Rehabyň ogly Ýehonadap*+ bize şeýle tabşyryk berdi: „Sizem, ogullaryňyzam hiç haçan şerap içmeli dälsiňiz. 7 Jaýlar gurmaň, tohum sepmäň, ekin ekmäň, üzüm nahallaryny oturtmaň, üzümçiligiňiz bolmasyn. Siz hemişe çadyrlarda ýaşamalysyňyz, şonda gelmişek bolup ýaşan ýurduňyzda uzak ömür sürersiňiz“. 8 Biz atamyz Rehabyň ogly Ýehonadabyň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetirýäris. Biziň özümiz⁠-⁠de, aýallarymyz⁠-⁠da, ogul⁠-⁠gyzlarymyz⁠-⁠da hiç wagt şerap içmedik. 9 Biz ýaşamak üçin jaýlar gurmadyk, biziň ne üzümçiligimiz, ne mellegimiz, ne⁠-⁠de tohumymyz bar. 10 Biz çadyrlarda ýaşaýarys we atamyz Ýehonadabyň tabşyran ähli sözlerini ýerine ýetirýäris. 11 Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* ýurdumyza çozanda+: „Ýörüň, Iýerusalime gideliň. Haldeýleriň we siriýalylaryň goşunlaryndan gaçyp, halas bolalyň“ diýdik. Şondan bäri biz Iýerusalimde ýaşaýarys».

12 Ýehowa Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: 13 «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Git⁠-⁠de, ýahuda halkyna, Iýerusalim ilatyna şeýle diý: „Men size: „Maňa gulak asyň“ diýip, gaýta⁠-⁠gaýta aýtmadymmy?+ — Muny Ýehowa aýdýar. 14 — Rehabyň ogly Ýehonadap öz nesline şerap içmäň diýip tabşyrdy. Olar şu güne çenli atasynyň sözünden çykman, şerap içmeýärler+. Emma men size gaýta⁠-⁠gaýta* aýtsam⁠-⁠da, siz maňa gulak asmadyňyz+. 15 Men size pygamberlerimi gaýta⁠-⁠gaýta* iberip+: „Zalym ýoluňyzdan dönüň+, dogry işleri ediň. Başga taňrylara çokunmaň, olara sežde etmäň, şonda ata⁠-⁠babalaryňyza we size beren ýurdumda uzak ömür sürersiňiz“+ diýdim. Ýöne siz meni diňlemediňiz, maňa gulak asmadyňyz. 16 Rehabyň ogly Ýehonadabyň nesli atasynyň tabşyrygyny ýerine ýetirýär+. Emma halkym meni diňlemeýär“.

17 Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men aýdyşym ýaly, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatynyň üstüne betbagtçylyk indererin+. Men olara aýtsam⁠-⁠da, diňlemediler, çagyrsam⁠-⁠da, jogap bermediler“»+.

18 Ýermeýa pygamber rehaplara diýdi: «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ataňyz Ýehonadaba gulak asandygyňyz, onuň ähli tabşyryklaryny ýerine ýetirip, aýdan sözünden çykmandygyňyz üçin, 19 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Rehabyň ogly Ýehonadabyň nesli hemişe huzurymda hyzmat eder“».

36 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ hökümdarlygynyň dördünji ýylynda Ýehowa Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: 2 «Bir golýazma al, seniň bilen gepleşen ilkinji günümden, Ýoşyýanyň döwründen tä şu güne çenli+ Ysraýyla, Ýahuda+ we ähli milletlere+ garşy aýdan sözlerimi ýaz. 3 Belki, ýahuda halky olaryň başyna injek betbagtçylyk hakda eşidip, zalym ýollaryndan dönerler. Şonda men olaryň ýazyklaryny we günälerini bagyşlaryn»+.

4 Ýermeýa Nuryýaryň ogly Barugy+ çagyryp, Ýehowanyň sözlerini birin⁠-⁠birin aýtdy. Baruk hem olary golýazma ýazdy+. 5 Ýermeýa Baruga şeýle tabşyryk berdi: «Men tussaglykda otyryn. Ýehowanyň öýüne baryp bilemok. 6 Şonuň üçin sen ol ýere bar. Meniň saňa ýazdyran sözlerimi, golýazmadaky Ýehowanyň sözlerini batly ses bilen oka. Agyz beklenýän güni Ýehowanyň öýüne gelen adamlara we beýleki şäherlerden gelen ýahuda halkyna okap ber. 7 Belki, olar Ýehowa ýalbaryp, rehim etmegini sorarlar we zalym ýolundan dönerler. Sebäbi Ýehowanyň halka gahar⁠-⁠gazaby tutaşdy».

8 Nuryýaryň ogly Baruk Ýermeýa pygamberiň tabşyryşy ýaly etdi. Ol Ýehowanyň öýüne baryp, golýazmadaky Ýehowanyň sözlerini sesli okady+.

9 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ hökümdarlygynyň bäşinji ýylynda, dokuzynjy aýda Ýahuda şäherlerinden Iýerusalime gelen adamlar we Iýerusalimiň ilaty Ýehowanyň huzurynda agyz beklemegi yglan etdiler+. 10 Baruk Şapanyň+ ogly Gemarýa+ kätibiň otagynda* durup, golýazmadaky Ýermeýanyň sözlerini märekä okap berdi. Ol otag Ýehowanyň öýüniň ýokarky howlusynda, Ýehowanyň öýüniň täze derwezesine golaý ýerleşýärdi+.

11 Şapanyň agtygy, Gemarýanyň ogly Mikhaý golýazmadaky Ýehowanyň sözüni eşidende, 12 patyşanyň köşgüne, kätibiň otagyna gitdi. Ol ýerde ähli hanlar*: Alyşam+ kätip, Şemaýanyň ogly Delaýa, Ahboryň+ ogly Elnatan+, Şapanyň ogly Gemarýa, Hananýanyň ogly Sadykýar we beýleki hanlar oturan ekeni. 13 Mikhaý olara Barugyň golýazmadan märekä okap beren habaryny gürrüň berdi.

14 Şonda ähli hanlar Kuşanyň çowlugy, Selimýaryň agtygy, Netanýanyň ogly Ýehuta şeýle tabşyryk berdiler: «Baruk kätibiň ýanyna baryp: „Halka okap beren golýazmaňy al⁠-⁠da, ýanymyza gel“ diý». Nuryýaryň ogly Baruk golýazmany alyp, olaryň ýanyna geldi. 15 Olar Baruga: «Gel, geç! Bize⁠-⁠de okap ber» diýdiler. Baruk hem olara golýazmany okap berdi.

16 Olar habary eşiden badyna, gorkup biri⁠-⁠birine seretdiler. Soňra Baruga: «Habaryňy hökman patyşa ýetirmeli» diýdiler. 17 Olar Barukdan: «Aýtsana, sen ýaňky sözleri nädip ýazdyň? Muny Ýermeýa pygamber ýazdyrdymy?» diýip soradylar. 18 Baruk hem: «Ol maňa aýdyp durdy, menem syýa bilen golýazma ýazdym» diýdi. 19 Hanlar Baruga: «Git⁠-⁠de, gizlen, Ýermeýa⁠-⁠da gizlensin. Siziň nirededigiňizi hiç kim bilmesin»+ diýdiler.

20 Olar golýazmany Alyşam kätibiň otagynda goýdular. Soňra howla, patyşanyň ýanyna bardylar we eşiden zatlarynyň ählisini gürrüň berdiler.

21 Şonda patyşanyň buýrugy bilen Ýehut+ golýazmany Alyşam kätibiň otagyndan getirdi. Ýehut patyşanyň we ähli hanlaryň öňünde golýazmany okap başlady. 22 Patyşa ýylyň dokuzynjy aýynda gyşky köşgünde otyrdy. Öňündäki ojakda ot ýanyp durdy. 23 Ýehut golýazmanyň her üç⁠-⁠dört sütünini okap bolanda, patyşa kätibiň pyçagy bilen okalan bölegi kesip, ýanyp duran ojaga taşlady. Şeýdip, tutuş golýazma gutarýança ojaga atdy. 24 Patyşa⁠-⁠da, hyzmatkärleri⁠-⁠de gorkmady, habary eşidip, hiç kim ýakasyny⁠-⁠da ýyrtmady. 25 Elnatan+, Delaýa+ we Gemarýa+ patyşadan golýazmany ýakma diýip, näçe ýalbarsalar⁠-⁠da, patyşa olara gulak asmady. 26 Patyşa Ýerehmil şazada, Ezraýylyň ogly Seraýa, Abdyllanyň ogly Selimýara Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tutup getirmegi buýurdy. Ýöne Ýehowa olary gizläpdi+.

27 Patyşa Ýermeýa pygamberiň Baruga ýazdyran golýazmasyny+ otda ýakanyndan soň, Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 28 «Başga bir golýazmany al⁠-⁠da, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ýakan birinji golýazmasyndaky+ sözlerini ýaz. 29 Ýehowa Ýahuda patyşasy Ýehoýakyma şeýle aýdýar diý: „Sen golýazmany otda ýakdyň. Şeýle⁠-⁠de sen: „Golýazmada näme üçin Wawilon patyşasy ýurdy weýran eder, ne adam, ne haýwan galar“+ diýip ýazylypdyr?“ diýdiň. 30 Şonuň üçin Ýehowa Ýahuda patyşasy Ýehoýakym barada: „Dawudyň tagtynda onuň neslinden hiç kim oturmaz+. Onuň jesedi gündiziň jokrama yssysynda, gijäniň aňzak aýazynda serlip ýatar“+ diýýär. 31 Men patyşadan we onuň nesillerinden, hyzmatkärlerinden eden günäsi üçin hasabat soraryn. Men olaryň, Iýerusalim ilatynyň we ýahuda halkynyň başyna betbagtçylyk indererin diýip aýtsam⁠-⁠da+, olar meni diňlemediler»+.

32 Ýermeýa başga bir golýazmany aldy we Nuryýaryň ogly Baruk kätibe berdi+. Ýermeýa Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ýakan golýazmasyndaky+ ähli sözleri Baruga täzeden ýazdyrtdy. Golýazma şuňa meňzeş başga⁠-⁠da köp sözler ýazyldy.

37 Ýehoýakymyň ogly Konyýanyň*+ ýerine Ýoşyýanyň ogly Sadykýar+ höküm sürüp başlady. Sadykýary Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* Ýahuda patyşa edip belläpdi+. 2 Emma onuň özi⁠-⁠de, hyzmatkärleri⁠-⁠de, halk⁠-⁠da Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözlerine gulak asmady.

3 Sadykýar patyşa Selimýaryň ogly Ýehukaly+ we Maseýa ruhanynyň ogly Sepanýany+ Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberip: «Biziň üçin Hudaýymyz Ýehowa doga et» diýip aýtmagy tabşyrdy. 4 Ýermeýa il⁠-⁠günüň arasynda arkaýyn ýaşaýardy. Sebäbi ol heniz tussag edilmändi+. 5 Şol wagt faraonyň goşuny Müsürden çykyp, ýola düşdi+. Iýerusalimi gaban haldeýler muny eşidip, yza çekildiler+. 6 Şonda Ýehowa Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: 7 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sizi meniň ýanyma iberen, menden maslahat soran Ýahuda patyşasyna şeýle diýiň: „Size kömege gelýän faraonyň goşuny ýurduna, Müsüre dolanar+. 8 Haldeýler yzyna gelip, şähere garşy söweşer, şäheri eýelär, otlar“+. 9 Ýehowa şeýle diýýär: „Siz: „Haldeýler yzyna gelmezler“ diýip, özüňizi aldamaň. Olar hökman yzyna gelerler. 10 Siz haldeýleriň ähli goşunyny derbi⁠-⁠dagyn etseňiz⁠-⁠de, diňe agyr ýaralanan esgerlerini galdyrsaňyz⁠-⁠da, olar şonda⁠-⁠da çadyrlaryndan çykyp, şäheri otlarlar“»+.

11 Haldeýleriň goşuny faraonyň goşuny sebäpli Iýerusalimden yza çekilende+, 12 Ýermeýa il bilen deň hatarda ýer paýyny almak üçin, Iýerusalimden Benýamin topragyna+ ýola düşdi. 13 Emma ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Selimýaryň ogly Eriýa atly garawullaryň baştutany Ýermeýa pygamberi tutup: «Sen haldeýleriň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýdi. 14 Ýermeýa: «Ýalan aýdýarsyň. Men haldeýleriň tarapyna geçjek bolamok» diýdi. Emma Eriýa Ýermeýany diňlemedi, ony tutup hanlaryň ýanyna getirdi. 15 Hanlar gahar⁠-⁠gazaba münüp, Ýermeýany+ ýençdiler we Ýehonatan kätibiň jaýynda gabadylar+. Sebäbi onuň jaýyny zyndan edipdiler. 16 Ýermeýany zyndanyň ýerzeminine taşladylar. Ol ençeme günläp şol ýerde boldy.

17 Sadykýar patyşa onuň ýanyna adam ýollady we köşgüne getirdip, gizlinlikde soraga tutdy+. Patyşa: «Ýehowa bir zat aýtdymy?» diýip sorady. Ýermeýa: «Hawa, aýtdy!» diýip jogap berdi. Ol sözüni dowam edip: «Sen Wawilon patyşasynyň eline tabşyrylarsyň!»+ diýdi.

18 Soňra Ýermeýa Sadykýar patyşa şeýle diýdi: «Meni zyndana salar ýaly, saňa, hyzmatkärleriňe we halka garşy näme günä edipdirin? 19 „Wawilon patyşasy ýurduň üstüne çozmaz“ diýen pygamberleriň hany?+ 20 Patyşahym, haýyş edýärin, meni diňle! Ýalbarýaryn, haýyşymy ýerine ýetir. Meni Ýehonatan kätibiň öýüne indi iberme+, ýogsam ol ýerde ölerin»+. 21 Sadykýar patyşa Ýermeýany Garawulhananyň howlusynda+ saklamagy buýurdy. Şäherde çörek gutarýança+, her gün çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermegi tabşyrdy+. Şeýlelikde, Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda galdy.

38 Mattanyň ogly Şepatýa, Paşhuryň ogly Gedalýa, Selimýaryň ogly Ýuhal+ we Mälikýaryň ogly Paşhur+ Ýermeýa pygamberiň halka aýdan şu sözlerini eşitdiler: 2 «Ýehowa şeýle diýýär: „Şäherde galan adamlar gylyçdan, açlykdan we mergiden öler+. Emma haldeýlere boýun bolan adamlar bolsa halas bolup, janyny gutarar“+. 3 Ýehowa şeýle diýýär: „Şäher Wawilon patyşasynyň goşunyna boýun eger, ol şäheri basyp alar“»+.

4 Han⁠-⁠begler patyşa şeýle diýdiler: «Ýermeýa öldürilsin+, sebäbi ol şäherde galan esgerleri we halky ruhdan düşürýär*. Ol adamlara parahatlyk däl⁠-⁠de, betbagtçylyk isleýär». 5 Sadykýar patyşa olara jogap berip: «Ol siziň eliňizde, patyşa size hiç zat diýmez» diýdi.

6 Olar Ýermeýany tutup, Garawulhananyň howlusyndaky+ Mälikýar şazadanyň guýusyna taşladylar. Olar Ýermeýany ýüp bilen guýa salladylar. Guýy suwsuzdy, batgady. Ýermeýa batga batdy.

7 Köşk agtasy* efiopiýaly Abdymälik+ Ýermeýanyň guýa taşlanandygyny eşitdi. Şol wagt patyşa Benýamin derwezesiniň+ öňünde otyrdy. 8 Abdymälik köşkden çykyp, patyşanyň ýanyna baryp şeýle diýdi: 9 «Patyşahym, adamlar Ýermeýa pygambere ýamanlyk etdiler, guýa taşladylar. Ýermeýa guýuda açlykdan öler, sebäbi şäherde çörek galmady»+.

10 Patyşa efiopiýaly Abdymälige tabşyryp: «Ýanyňa 30 adam al⁠-⁠da, Ýermeýa pygamberi guýudan çykar. Ol guýuda ölüp galaýmasyn» diýdi. 11 Abdymälik ýany bilen adamlary alyp, köşge gitdi. Olar hazynanyň+ aşagyndaky otaga baryp, köne⁠-⁠küşül matalary, esgileri alyp, olary ýüpe daňyp, guýuda oturan Ýermeýa salladylar. 12 Efiopiýaly Abdymälik Ýermeýa: «Esgileri, bölek matalary goltugyň aşagyna goý» diýdi. Ýermeýa hem aýdylyşy ýaly etdi. 13 Olar Ýermeýany guýudan ýüp bilen çekip çykardylar. Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda galdy+.

14 Sadykýar patyşa Ýermeýa pygamberi Ýehowanyň öýüniň üçünji girelgesine getirtdi. Patyşa Ýermeýa: «Bir zat sorajak, ýöne menden hiç zat gizleme» diýdi. 15 Ýermeýa Sadykýar patyşa: «Eger aýtsam, meni öldürersiň, maslahat bersem, diňlemersiň» diýdi. 16 Sadykýar patyşa hiç kime eşitdirmän Ýermeýanyň ýanynda ant içip: «Bize ýaşaýyş beren Ýehowa diri şaýatdyr! Men seni öldürmerin, janyň kastyna çykan adamlaryň eline bermerin» diýdi.

17 Ýermeýa Sadykýar patyşa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowanyň habary şeýledir: „Eger Wawilon patyşasynyň han⁠-⁠beglerine boýun egseň, janyňy halas edersiň. Şäher otlanmaz, sen öý⁠-⁠içeriň bilen aman galarsyň+. 18 Wawilon patyşasynyň han⁠-⁠beglerine boýun egmeseň, şäher haldeýleriň eline geçer. Olar şäheri otlarlar+, senem olaryň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň“»+.

19 Sadykýar patyşa Ýermeýa: «Men haldeýleriň tarapyna geçen ýehudylardan gorkýaryn. Olaryň eline düşsem, olar maňa ýowuz daraşarlar» diýdi. 20 Ýermeýa şeýle diýdi: «Sen olaryň eline düşmersiň. Haýyş edýärin, Ýehowanyň sözüne gulak as, aýdýanlarymy diňle, peýdasy deger, aman galarsyň. 21 Emma boýun egmeseň, nämeleriň boljakdygyny Ýehowa maňa aýtdy: 22 Ýahuda patyşasynyň köşgünde galan aýallaryň ählisi Wawilon patyşasynyň han⁠-⁠begleriniň+ öňüne getiriler. Olar şeýle diýerler:

„Dostlaryň seni aldady, senden üstün çykdy+.

Olar aýagyňa palta urdular*.

Özleri bolsa gaçyp gitdiler“.

23 Seniň aýallaryň, ogullaryň ählisi haldeýleriň öňüne eltiler. Duşmanlaryň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň, Wawilon patyşasynyň eline düşersiň+, sen sebäpli şäher ýanyp kül bolar»+.

24 Sadykýar Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: «Bulary hiç kime aýdaýma, ýogsam ölersiň. 25 Han⁠-⁠begler biziň gürrüňdeş bolandygymyzy eşidip: „Aýtsana, patyşa näme diýdiň? Patyşa saňa näme diýdi? Bizden hiç zat gizleme, ýogsam ölersiň“+ diýseler, 26 sen olara şeýle jogap ber: „Men patyşa ýalbaryp, Ýehonatanyň öýüne ibermäň, ýogsam ol ýerde ölerin diýdim“»+.

27 Birnäçe wagtdan ähli han⁠-⁠begler Ýermeýanyň ýanyna baryp, soraga tutdular. Ýermeýa olara patyşanyň tabşyryşy ýaly jogap berdi. Han⁠-⁠begler oňa hiç zat diýmediler, sebäbi hiç haýsy gürrüňi eşitmändi. 28 Iýerusalim basylyp alynýança, Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda boldy+. Iýerusalimiň basylyp alnan güni+ hem şol ýerdedi.

39 Ýahudanyň patyşasy Sadykýaryň hökümdarlygynyň dokuzynjy ýylynda, onunjy aýda Wawilonyň patyşasy Nawuhodonosor* goşuny bilen gelip, Iýerusalimi gabady+.

2 Olar Sadykýaryň hökümdarlygynyň 11⁠-⁠nji ýylynda, dördünji aýyň dokuzyna şäher diwaryny böwüsdiler+. 3 Wawilon patyşasynyň han⁠-⁠begleri: Nergalşarezer samgar*, baş wezir* Neba⁠-⁠sarhekim, Nergalşarezer rawmag* we Wawilon patyşasynyň beýleki han⁠-⁠begleri Merkezi derwezä+ gelip oturdylar.

4 Ýahudanyň patyşasy Sadykýar olary görüp, esgerleri bilen gaçyp gitdi+. Olar gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň aralygy bilen derwezeden çykyp gaçdylar we Araba ýoluna düşdüler+. 5 Emma haldeý goşuny olaryň yzyndan kowup, Sadykýary Ýerihon düzlüginde ele saldy+. Olar Sadykýary tutup, Hamat+ ýurdunyň Ribla+ şäherine, Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň huzuryna getirdiler. Ol hem Sadykýaryň üstünden höküm çykardy. 6 Wawilon patyşasy Riblada Sadykýaryň gözüniň alnynda ogullaryny öldürdi we Ýahudanyň ähli beglerini hem öldürdi+. 7 Soňra ol Sadykýaryň gözlerini oýdy we mis gandallar bilen baglap, Wawilona getirdi+.

8 Haldeýler patyşanyň köşgüni, halkyň jaýlaryny ýakyp+, Iýerusalimiň diwarlaryny ýumurdylar+. 9 Garawullaryň baştutany Nawuzardan+ şäherde aman galan halky, öz tarapyna geçenleriň ählisini we beýleki adamlary Wawilona sürgün etdi.

10 Garawullaryň baştutany Nawuzardan hiç zady bolmadyk iň garyp adamlary Ýahuda ýurdunda galdyrdy. Şol gün Nawuzardan olara ekin ekdirmek* üçin üzümlikleri we mellekleri berdi+.

11 Wawilon patyşasy Nawuhodonosor garawullaryň baştutany Nawuzardana Ýermeýa barada şeýle buýruk berdi: 12 «Bar, ony tap⁠-⁠da, göz⁠-⁠gulak bol. Oňa zyýan ýetirme, soran zadyny ber»+.

13 Garawullaryň baştutany Nawuzardan, baş wezir* Nawuşazban, Nergalşarezer rawmag* we Wawilon patyşasynyň ähli ýolbaşçylary öz adamlaryny ýollap, 14 Ýermeýany Garawulhananyň howlusyndan+ boşatdylar. Soňra olar Şapanyň+ agtygy, Ahykamyň+ ogly Gedalýa+ Ýermeýany öýünde saklamagy buýrup, onuň eline tabşyrdylar. Ýermeýa il⁠-⁠günüň arasynda ýaşaberdi.

15 Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda+ tussaglykda otyrka, Ýehowa oňa şeýle diýdi: 16 «Git⁠-⁠de, efiopiýaly Abdymälige+ Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men şäheriň üstüne ýagşylyk däl⁠-⁠de, betbagtçylyk indererin diýen sözümi ýerine ýetirerin. Sen şol güni hökman görersiň.

17 Men seni şol gün halas ederin — muny Ýehowa aýdýar. — Seniň gorkýan adamlaryň bar, olaryň eline bermerin.

18 Men janyňy halas ederin. Sen gylyçdan ölmersiň. Men janyňy goraryn+. Sebäbi sen maňa bil bagladyň“+. Muny Ýehowa aýdýar».

40 Garawullaryň baştutany Nawuzardan+ Ýermeýany gandallap, Rama+ äkidipdi. Ol Wawilona sürgün edilen Iýerusalim we Ýahuda ýesirleriniň arasyndady. Garawullaryň baştutany Nawuzardan Ramada ony azat edenden soň, Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. 2 Garawullaryň baştutany Ýermeýany bir gyra çekip, şeýle diýdi: «Ýehowa Hudaýyň ýurtda heläkçiligiň boljakdygyny aýdypdy. 3 Ýehowa aýdan sözüni ýerine ýetirdi. Sebäbi siz Ýehowa garşy günä etdiňiz, oňa gulak asmadyňyz. Şonuň üçin şeýle zatlar başyňyza geldi+. 4 Indi eliňdäki gandallary aýryp, seni azat edýärin. Meniň bilen Wawilona gitmek isleseň, ýör, gideli, özüm aladaňy ederin. Eger gitmek islemeseň, gitme. Seret, tutuş ýurt seniň öňüňde. Göwnüň islän ýerine git!»+

5 Ýermeýa jogap bermäge ýaýdanyp duransoň, Nawuzardan: «Wawilon patyşasynyň Ýahudanyň şäherleriniň üstünden goýan häkimi Şapanyň+ agtygy, Ahykamyň+ ogly Gedalýanyň+ ýanynda, il⁠-⁠günüň arasynda ýaşaber ýa⁠-⁠da göwün islän ýeriňe git» diýdi.

Garawullaryň baştutany Ýermeýa azyk⁠-⁠owkat we sowgat berip, ýola saldy. 6 Ýermeýa Mispadaky+ Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi we ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady.

7 Wagtyň geçmegi bilen, tutuş ýurduň goşunbaşylary we olaryň adamlary Wawilon patyşasynyň Ahykamyň ogly Gedalýany Wawilona sürgün edilmedik garyp adamlaryň, aýallaryň, çagalaryň hem Ýahuda ýurdunyň üstünden häkim edip belländigini eşitdiler+. 8 Netanýanyň ogly Ysmaýyl+, Kareýiň ogullary Ýohanan+ bilen Ýonatan, Tanhumetiň ogly Seraýa, netopaly Epaýyň ogullary we magakatlylardan Ýeznap+ hem⁠-⁠de olaryň adamlary Mispa şäherinde ýaşaýan Gedalýanyň ýanyna geldiler+. 9 Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýa olaryň we adamlarynyň öňünde ant içip, şeýle diýdi: «Haldeýlere gul bolmakdan gorkmaň. Ýurtda ýaşap, Wawilon patyşasyna hyzmat ediň, şonda özüňiz üçin gowy bolar+. 10 Men bolsa Mispada galyp, haldeýleriň öňünde size wekilçilik ederin. Siz bolsa hasyl ýygnaň, şerap hem ýag taýýarlap, küýzeleriňizi dolduryň, eýelän şäherleriňizde ýaşaberiň»+.

11 Mowapda, Ammonda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ýehudylar hem Wawilon patyşasynyň Ýahuda ýurdunda galdyran adamlarynyň üstünden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim edip belländigini eşitdiler. 12 Şeýlelikde, çar tarapa dargan ýehudylar Ýahuda ýurduna we Mispa şäherindäki Gedalýanyň ýanyna geldiler. Olar örän köp şerap ýasadylar we köp ir⁠-⁠iýmiş ýygnadylar.

13 Kareýiň ogly Ýohanan bilen ýurtdaky ähli goşunbaşylar Mispa şäherindäki Gedalýanyň ýanyna geldiler. 14 Olar Gedalýa: «Ammon+ patyşasy Bagalysyň seni öldürmek üçin Netanýanyň ogly Ysmaýyly iberendiginden habaryň barmy?»+ diýdiler. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa olara ynanmady.

15 Kareýiň ogly Ýohanan Mispada Gedalýa bilen gizlinlikde gepleşip: «Men gidip, Netanýanyň ogly Ysmaýyly öldüreýin, muny hiç kim bilmez. Ol seni näme üçin öldürmelimişin? Näme üçin ýanyňa ýygnanan ýahuda halky dargap, aman galanlar heläk bolmaly?» diýdi. 16 Emma Ahykamyň ogly Gedalýa+ Kareýiň ogly Ýohanana: «Muny etme. Ysmaýyl hakda aýdýanlaryň ýalan!» diýdi.

41 Ýedinji aýda Alyşamyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl+ on adamy bilen Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna geldi. Ysmaýyl patyşanyň neslinden köşk emeldarlarynyň biridi. Olar Mispada+ iýip⁠-⁠içip otyrkalar, 2 Netanýanyň ogly Ysmaýyl we onuň ýanyndaky on adam ýerinden turup, Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany gylyç bilen öldürdiler. Ysmaýyl Wawilon patyşasynyň ýurduň üstünden bellän adamyny öldürdi. 3 Şeýle⁠-⁠de ol Mispada Gedalýanyň ýanyndaky ýehudylary we haldeý esgerlerini gylyçdan geçirdi.

4 Gedalýanyň ölenine bir gün bolupdy, ýöne hiç kimiň mundan habary ýokdy. 5 Şonda Şekemden+, Şilodan+ we Samariýadan+ 80 adam geldi. Olaryň sakgallary syrylandy, ýakalary ýyrtylandy, endam⁠-⁠jany dilim⁠-⁠dilimdi+, ellerinde bolsa Ýehowanyň öýüne getirilen galla sadakalary we ladan*+ bardy. 6 Netanýanyň ogly Ysmaýyl olary garşy almak üçin Mispadan çykdy. Ysmaýyl ýolboýy aglady we olaryň ýanyna gelip: «Ýörüň, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna baralyň» diýdi. 7 Emma olar şähere giren badyna, Netanýanyň ogly Ysmaýyl nökerleri bilen olary öldürip, guýa taşlady.

8 Olaryň arasynda on adam Ysmaýyla: «Bizi öldürme! Biz bugdaý, arpa, ýag we bal gizläp goýduk» diýdiler. Şonda Ysmaýyl olara degmedi, doganlaryny⁠-⁠da diri galdyrdy. 9 Ysmaýyl öldüren adamlarynyň jesetlerini çuňňur guýa taşlady. Guýyny Asa patyşa Ysraýyl patyşasy Başa+ bilen söweşende gazdyrypdy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl guýyny jesetden doldurdy.

10 Ysmaýyl Mispada+ galan halky, patyşanyň gyzlaryny we beýleki adamlary ýesir aldy. Garawullaryň baştutany Nawuzardan Ahykamyň ogly Gedalýany olara häkim edip belläpdi+. Netanýanyň ogly Ysmaýyl ýesirleri alyp, ammonlaryň tarapyna geçmek üçin ýola düşdi+.

11 Kareýiň ogly Ýohanan+ we ýanyndaky ähli goşunbaşylary Netanýanyň ogly Ysmaýylyň zalym işlerini eşitdiler. 12 Olar adamlary ýygnap, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen söweşmäge çykdylar. Olar Gibgondaky kölüň* golaýynda Ysmaýylyň yzyndan ýetdiler.

13 Ysmaýylyň eline ýesir düşen adamlar Kareýiň ogly Ýohanany we goşunbaşylary görüp begendiler. 14 Ysmaýylyň Mispadan+ ýesir alan adamlary yzyna öwrülip, Kareýiň ogly Ýohanan bilen gaýtdylar. 15 Emma Netanýanyň ogly Ysmaýyl sekiz adamy bilen Ýohanandan gaçyp, ammonlaryň ýanyna geldi.

16 Kareýiň ogly Ýohanan we goşunbaşylar Netanýanyň ogly Ysmaýylyň Mispadan ýesir alan adamlaryny halas etdiler. Ysmaýyl Ahykamyň ogly Gedalýany öldüripdi+. Olar aýal⁠-⁠erkekleri, çagalary, köşk emeldarlaryny we esgerleri Gibgondan alyp gaýtdylar. 17 Olar Müsüre gitmek üçin+ Beýtullahamyň+ golaýynda ýerleşýän Kimhamdaky kerwensaraýda düşlediler. 18 Olar haldeýlerden gorkýardylar. Sebäbi Netanýanyň ogly Ysmaýyl Wawilon patyşasynyň ýurduň üstünden bellän adamyny, Ahykamyň ogly Gedalýany öldüripdi+.

42 Soňra goşunbaşylar, Kareýiň ogly Ýohanan+, Hoşaýaryň ogly Ýeznap we halkyň uludan⁠-⁠kiçisi gelip, 2 Ýermeýa pygambere şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, Ýehowa Hudaýyňa biziň üçin, aman galan adamlar üçin ýalbaryp doga et. Özüňem görüp dursuň, uly halkdan sanlyja adam galdy+. 3 Goý, seniň Hudaýyň Ýehowa bize ýöremeli ýolumyzy görkezsin we näme etmelidigimizi aýtsyn».

4 Ýermeýa pygamber olara şeýle jogap berdi: «Siziň haýyşyňyzy ýerine ýetirerin, Ýehowa Hudaýa doga ederin. Ýehowanyň her bir sözüni, ýekejesini⁠-⁠de gaçyrman aýdaryn, hiç zat gizlemerin».

5 Olar Ýermeýa jogap berip, şeýle diýdiler: «Goý, Ýehowa dogruçyl we wepaly şaýat bolsun. Biz Ýehowa Hudaýyň sen arkaly aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris. 6 Ýagşy bolsa⁠-⁠da, ýaman bolsa⁠-⁠da, Ýehowa Hudaýymyza gulak asarys. Biz seniň üstüň bilen Hudaýa ýalbardyk. Indi işimiz ugruna bolar, sebäbi Ýehowa Hudaýymyza gulak asýarys».

7 On günden Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. 8 Ol Kareýiň ogly Ýohanany, goşunbaşylary we uludan⁠-⁠kiçä ähli adamlary çagyrdy+. 9 Pygamber olara şeýle diýdi: «Siz menden Hudaýyň huzuryna baryp, ýalbarmagy haýyş etdiňiz. Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: 10 „Eger ýurtda galsaňyz, men sizi ýykmaryn, gaýtam dikelderin; köküňiz bilen sogurmaryn, gaýtam ekerin. Başyňyza betbagtçylyk indermekden el çekerin*+. 11 Siz Wawilon patyşasyndan gorkýarsyňyz+, ýöne ondan gorkmaň.

Ondan heder etmäň — muny Ýehowa aýdýar. — Men siziň bilen bolaryn, sizi halas ederin, onuň elinden gutararyn. 12 Men size rehim ederin+, ol hem size rehim eder, siz dogduk mekanyňyza dolanarsyňyz“.

13 Eger siz: „Ýok, biz ýurtda galmarys! — diýip, Ýehowa Hudaýyňyza gulak asmasaňyz, 14 — biz Müsüre gideris+, ol ýerde söweş surnaýyny eşitmeris, çörege zar bolman ýaşarys“ diýseňiz, 15 onda ýahuda halkynyň aman galanlary, Ýehowanyň sözüni diňläň! Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Eger siz Müsüre gitmegi, ol ýerde ýaşamagy ýüregiňize berk düwen bolsaňyz, 16 onda siziň gorkýan gylyjyňyz Müsürde başyňyzdan iner, gorkýan açlygyňyz Müsüre çenli yzyňyzdan kowalar. Şeýdip, ol ýerde ölersiňiz+. 17 Müsüre gitmegi we ol ýerde ýaşamagy ýüregine düwen her kes gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Olaryň hiç biri diri galmaz, başyna inderjek betbagtçylygymdan gaçyp gutulmaz“.

18 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Gahar⁠-⁠gazabymyň Iýerusalimiň ilatynyň başyndan inişi ýaly+, Müsüre gidenleriň hem başyndan iner. Sizi görenler gorkudan ýaňa sandyrarlar, sizi näletlärler, ýaňsylarlar we gargarlar+. Indi siz ýurdy hiç haçan görmersiňiz“.

19 Ýahuda halkynyň aman galanlary! Ýehowa size Müsüre gitmäň diýýär. Şu günki aýtjak sözlerimi berk belläň. 20 Eger ýalňyşlyk goýberseňiz, janyňyzdan mahrum bolarsyňyz. Siz meni Ýehowa Hudaýyň ýanyna iberip: „Biziň üçin Ýehowa Hudaýymyza ýalbar. Ýehowa Hudaýymyzyň habaryny aýt. Bizem olary ýerine ýetireris“+ diýdiňiz. 21 Men şu gün size Hudaýyň habaryny aýdýaryn, ýöne siz Ýehowa Hudaýa gulak asmarsyňyz, men arkaly aýdýan sözlerini ýerine ýetirmersiňiz+. 22 Şuny bilip goýuň, ýaşamaga gitjek bolýan ýurduňyzda gylyçdan, açlykdan we mergiden ölersiňiz»+.

43 Ýermeýa halka Ýehowa Hudaýyň ähli sözlerini aýdyp berdi. Ol Ýehowanyň olara aýtmagy tabşyran sözüniň birinem ýere gaçyrman halka ýetirdi. 2 Şonda Hoşaýaryň ogly Azarýa, Kareýiň ogly Ýohanan+ we tekepbir adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: «Ýalan aýdýarsyň! Ýehowa Hudaýymyz „Müsüre gidip ýaşamaň“ diýmedi. 3 Haldeýleriň eline berip, Wawilona sürgün etmek ýa⁠-⁠da öldürtmek üçin+ Nuryýaryň ogly Baruk+ saňa gep berýär».

4 Kareýiň ogly Ýohanan, goşunbaşylar we tutuş halk Ýehowanyň Ýahuda ýurdundan gitmäň diýen tabşyrygyna gulak asmadylar. 5 Kareýiň ogly Ýohanan we goşunbaşylar aman galan halky, ýagny çar tarapa dargan ýerlerinden Ýahuda dolanan ähli adamlary alyp gitdiler+. 6 Olar garawullaryň baştutany Nawuzardanyň+ Şapanyň+ agtygy, Ahykamyň+ ogly Gedalýanyň+ ýanynda goýan ähli adamlaryny: aýal⁠-⁠erkekleri, çagalary, şa gyzlaryny, Ýermeýa pygamberi we Nuryýaryň ogly Barugy alyp gitdiler. 7 Olar Ýehowanyň tabşyrygyna tabyn bolman, Müsüre gitdiler we Tahpanese+ baryp ýetdiler.

8 Soňra Tahpanesde Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 9 «Eliňe uly daşlary alyp, Tahpanesde faraonyň köşgüniň öňünden geçýän daşly ýolda göm⁠-⁠de, üstüni suwap goý. Muny ýehudylaryň gözüniň alnynda et. 10 Soňra olara Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men gulumy+, Wawilon patyşasy Nawuhodonosory* çagyraryn we tagtyny gömlen daşlaryň üstünde goýaryn. Ol çadyryny şu daşlaryň üstünde diker+. 11 Ol gelip, Müsür ýurduna çozar+. Mergä höküm edilen mergiden gyrlar, sürgüne höküm edilen sürgüne gider, gylyja höküm edilen gylyçdan geçiriler+. 12 Men Müsür taňrylarynyň buthanalaryny otlaryn+. Wawilon patyşasy hem olary oda berer we ýesirlige äkider. Çopanyň ýapynjasyny üstüne örtüşi ýaly, ol hem Müsür ýurduny öz üstüne örter. Soňra ýurtdan sag⁠-⁠aman yzyna gaýdar. 13 Ol Müsürdäki Beýtşemeş* sütünlerini* çym⁠-⁠pytrak eder we Müsür taňrylarynyň buthanalaryny otlar“».

44 Müsür ýurdundaky+ Migdolda+, Tahpanesde+, Nopda*+, Patrosda+ ýaşaýan ýehudylar barada Hudaý Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: 2 «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Siz Iýerusalimiň we Ýahuda galalarynyň başyna inderen betbagtçylygymy gördüňiz+. Häzir tutuş ýurt janly⁠-⁠jemendesiz haraba bolup ýatyr+. 3 Sebäbi olar zalym işleri edip, meni ynjatdylar; özleriniň we ata⁠-⁠babalarynyň tanamaýan taňrylaryna gurbanlyklar berip, gulluk etdiler+. 4 Men pygamberlerimi gaýta⁠-⁠gaýta* iberip: „Meniň ýigrenýän nejis işlerimi etmäň“+ diýdim. 5 Emma olar meni diňlemediler, gulak asmadylar, ýat taňrylara gurbanlyk berip, nejis işlerinden el çekmediler+. 6 Şonda gahar⁠-⁠gazabym tutaşyp, Ýahuda galalaryny, Iýerusalimiň köçelerini ýakyp kül etdim. Tutuş ýurt weýran bolup, haraba öwrüldi. Ol ýer häzirem şeýle ýagdaýda“+.

7 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Näme üçin başyňyza beýle betbagtçylyk indertjek bolýarsyňyz? Ýahudanyň ähli aýal⁠-⁠erkekleri, ogul⁠-⁠gyzlary gyrlar, hiç kim aman galmaz. 8 Müsür ýurdunda ýat taňrylara gurbanlyk berip, meni näme üçin ynjadýarsyňyz? Siz ýok edilersiňiz, ýer ýüzüniň milletleri size gargarlar, üstüňizden gülerler+. 9 Ata⁠-⁠babalaryňyzyň, Ýahuda patyşalarynyň+ we olaryň aýallarynyň+, özüňiziň hem aýallaryňyzyň Ýahudada, Iýerusalimiň köçelerinde eden erbet işlerini unutdyňyzmy?+ 10 Şu güne çenli olar pälinden gaýtmadylar, menden gorkmadylar+. Olara we ata⁠-⁠babalaryna beren kada⁠-⁠kanunlarymy berjaý etmediler“+.

11 Şol sebäpli Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men siziň başyňyza betbagtçylyk inderip, tutuş Ýahudany ýok ederin. 12 Müsüre gidip ýaşamak islän Ýahudanyň aman galanlary meniň elimden gaçyp gutulmazlar. Olar Müsür ýurdunda ölerler+, başlaryndan gylyç iner, açlykdan heläk bolarlar. Olaryň uludan⁠-⁠kiçisi gylyçdan, açlykdan öler. Olary görenler gorkudan ýaňa sandyrarlar, näletlärler, ýaňsylarlar we gargarlar+. 13 Iýerusalimi gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyryşym ýaly, Müsüre ýaşamaga gidenleri hem jezalandyraryn+. 14 Müsüre ýaşamak üçin giden Ýahudanyň aman galanlary gaçyp gutulmaz, diri galmaz, Ýahuda dolanmaz. Olar yzyna gelip, watanynda ýaşamak islärler. Emma diňe az sanlysy yzyna dolanar“».

15 Aýallarynyň ýat taňrylara gurbanlyk berýändigini bilýän erkek adamlar, şol ýerde duran aýallar, Müsür ýurdunda+, Patrosda+ ýaşaýan adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: 16 «Biz Ýehowanyň adyndan aýdan sözleriňi diňlemeris. 17 Biz sözümizde durup, Asman melikesine* gurbanlyklar, şerap sadakalaryny bereris+. Biziň özümizem, ata⁠-⁠babalarymyzam, patyşalarymyzam, han⁠-⁠beglerimizem Ýahuda galalarynda we Iýerusalimiň köçelerinde şeýle ederdik. Şol günler biz baý ýaşaýardyk, zada zar däldik, ýamanlyk ýüzüni görmeýärdik. 18 Asman melikesine gurbanlyklary, şerap sadakalary bermegimizi bes eden günümizden bäri hor⁠-⁠homsy ýaşaýarys, gylyçdan, açlykdan gözümiz açylmady».

19 Aýallar hem şeýle diýdiler: «Asman melikesine gurbanlyklary, şerap sadakalaryny berenimizde ärimizden soraman edendiris öýdýärsiňmi? Asman melikesiniň şekilinde sadaka çöreklerini bişirdik, şerap sadakalaryny hödürledik. Mundan ärimiz bihabardyr öýdýärsiňmi?»

20 Ýermeýa özüne jogap berenleriň ählisine, aýal⁠-⁠erkeklere we bütin halka şeýle diýdi: 21 «Ýehowa Ýahudanyň galalarynda, Iýerusalimiň köçelerinde+ siziň, ata⁠-⁠babalaryňyzyň, patyşalaryňyzyň, han⁠-⁠begleriňiziň we ülkäňizde ýaşaýan halkyň beren gurbanlyklaryny ýatlady, göz öňüne getirdi. 22 Edýän erbet işleriňizden, ýigrenji zatlaryňyzdan ýaňa Ýehowanyň sabyr käsesi doldy. Ýurduňyz haraba öwrüldi, janly⁠-⁠jemende galmady, ol ýer häzirem şeýle ýagdaýda. Ýurdy görenler gorkudan sandyraýarlar, näletleýärler+. 23 Gurbanlyklary berip, Ýehowa garşy günä etdiňiz. Ýehowanyň sözüne we duýduryşlaryna* gulak asmadyňyz, kada⁠-⁠kanunlaryny berjaý etmediňiz. Şonuň üçin betbagtçylyklar başyňyzdan indi. Muny özüňizem görýärsiňiz»+.

24 Soňra Ýermeýa pygamber tutuş halka we aýallara şeýle diýdi: «Müsürde ýaşaýan ýahuda halky, Ýehowanyň sözüni diňläň! 25 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Sizem, aýallaryňyzam beren sözüňizde durduňyz. Siz: „Asman melikesine gurbanlyklary, şerap sadakalaryny bereris+, wadamyzy berjaý ederis“ diýdiňiz. Eý aýallar, siz beren sözüňizde durarsyňyz, wadaňyzy hökman ýerine ýetirersiňiz“.

26 Müsürde ýaşaýan ýahuda halky, Ýehowanyň sözüni diňläň: „Ýehowa şeýle diýýär: „Beýik adymdan ant içýärin, tutuş Müsürde ýaşaýan ýahuda halkynyň hiç biri: „Älemiň Hökümdary Ýehowa diri şaýatdyr!“+ diýip, meniň adymdan ant içmez+. 27 Men olaryň başyna ýagşylyk däl⁠-⁠de, betbagtçylyk indermäge taýýar durun+. Müsürde ýaşaýan ýahuda halky gylyçdan, açlykdan ejir çekip gyrlar+. 28 Olaryň az sanlysy gylyçdan gaçyp, Müsürden Ýahuda ýurduna dolanarlar+. Müsüre ýaşamaga giden Ýahudanyň aman galanlary şonda kimiň sözüniň dogry çykandygyny bilerler.

29 Sizi şu ýurtda jezalandyrjakdygyma bir alamat bererin — muny Ýehowa aýdýar. — Şonda başyňyza betbagtçylyk inderjekdigim baradaky sözümiň ýerine ýetendigini bilersiňiz. 30 Ýahuda patyşasy Sadykýary duşmanynyň we janynyň kastyna çykan Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* eline berişim ýaly, Müsür faraony Hoprany hem duşmanlarynyň, janynyň kastyna çykanlaryň eline bererin“+. Muny Ýehowa aýdýar».

45 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň hökümdarlygynyň dördünji ýylynda+ Nuryýaryň ogly Baruk+ Ýermeýa pygamberiň aýdanlaryny kitaba ýazyp otyrka+, Ýermeýa şeýle diýdi:

2 «Baruk, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa sen hakda şeýle diýýär: 3 „Sen: „Waý halyma, Ýehowa derdime dert goşdy! Ahy⁠-⁠naladan ýaňa tapdan düşdüm. Ýüregim rahatlyk tapanok“ diýýärsiň“.

4 Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Men tutuş ýurtda dikenimi ýykaryn, ekenimi köki bilen sograryn+. 5 Sen nebsiňe çapýarsyň, nebsiňe haý diý!*

Men ähli adamlaryň üstüne betbagtçylyk indererin+. Emma sen nirä gitseň⁠-⁠de, janyňy goraryn“+. Muny Ýehowa aýdýar».

46 Ýehowa Ýermeýa pygamber bilen milletler barada gepleşdi+. 2 Müsür+ hakynda, Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ hökümdarlygynyň dördünji ýylynda Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* Karkemişde, Ýewfrat derýasynyň boýunda derbi⁠-⁠dagyn eden Müsür faraony Nehonyň+ goşuny barada Hudaý şeýle diýdi:

 3 «Siz ululy⁠-⁠kiçili galkanlary taýýarlaň,

Söweş meýdanyna okdurylyň!

 4 Atyňyzy eýerläň, eý atlylar, atlanyň!

Nyzama düzüliň, tuwulgaňyzy geýiň.

Naýzalaryňyzy ýiteldiň, sowudyňyzy geýiň.

 5 Men nämeleri görýärin?

Olar gorkudan ýaňa sandyraýarlar.

Yza çekilýärler, esgerleri gyrylýar.

Olar gorkup, dumly⁠-⁠duşa gaçýarlar,

Esgerler yzyna seretmäge ýürek etmeýärler.

Sebäbi daş⁠-⁠töwerek gorkunçdyr — muny Ýehowa aýdýar.

 6 Ne ýüwrükler, ne pälwanlar gaçyp gutular.

Olar demirgazykda,

Ýewfrat derýasynyň boýunda büdräp ýykylar+.

 7 Ol nämedir Nil ýaly joşýar?

Ol nämedir derýa kimin möwç urýar?

 8 Ol Müsürdir, Nil+ deý joşýan,

Derýa kimin möwç urýan.

Ol diýýär: „Men tutuş zemini ýalmap ýuwudaryn,

Şäheri ilaty bilen bile dargadaryn“.

 9 Eý atlar, ýel kimin çapyň!

Eý arabalar, däli kimin okdurylyň!

Elleri galkanly Kuş hem Put esgerleri+,

Elleri ýaýly+ Ludym+ esgerleri, öňe!

Hüjüm ediň!

10 Şol gün Serkerdebaşy, Älemiň Hökümdary Ýehowanyň güni, duşmanlaryndan öç alýan güni. Gylyç olary iýip doýar, olaryň ganyndan ganar. Sebäbi Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa demirgazyk ýurdunda, Ýewfrat derýasynyň+ boýunda gurbanlyk berýär.

11 Eý Müsür gyzy,

Gileada gidip, melhem getir+.

Biderek ýere däri⁠-⁠dermanyňy köpeltdiň,

Barybir derdiňe derman tapylmaz+.

12 Halklar masgaraçylygyňy eşitdi+,

Ýurtda dady⁠-⁠perýadyň ýaň salýar.

Biri⁠-⁠birine büdräp,

Esgerleriň ýykylýar».

13 Ýehowa Ýermeýa pygambere Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň Müsür ýurduny derbi⁠-⁠dagyn etjekdigi barada şeýle diýdi+:

14 «Müsürde hem Migdolda+ yglan et,

Nopda* hem Tahpanesde+ jar edip, şeýle diý:

„Taýýar boluň, nyzama düzüliň,

Gylyç ähli adamlaryňy gyryp taşlar.

15 Näme üçin pälwanlaryňyz ýok edildi?

Sebäbi olary Ýehowa ýykdy,

Olar aýak üstünde durup bilmedi.

16 Büdräp ýykylýanlaryň sany⁠-⁠sajagy ýok.

Olar biri⁠-⁠birine diýýärler:

„Turuň! Zalym gylyçdan gaçalyň,

Ýurdumyza, ilimize dolanalyň“.

17 Olar jar çekip:

„Müsür faraony boş gepleýär,

Ol amatly pursady elden gidirdi“+ diýýärler.

18 „Men diri şaýatdyryn — muny Patyşa aýdýar.

Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr.

Ol* daglaryň arasyndaky Tabor kimin+,

Deňziň kenaryndaky Karmel+ kimin geler.

19 Müsür halky,

Goş⁠-⁠golamyňy ýygna, sürgün edilersiň.

Nop* elhenç hala düşer.

Oda ýakarlar*, janly⁠-⁠jemende galmaz+.

20 Müsür bir enaýyja göle kimindir,

Emma demirgazykdan siňek* çozar.

21 Onuň hakyna tutan esgerleri baga bakylan öküz kimindir,

Emma olaryň bary bir adam ýaly ökje göterer,

Aýak üstünde durup bilmezler+.

Sebäbi olaryň üstüne betbagtçylyk güni,

Hasabat bermeli güni ýetip geldi.

22 Ol süýrenip barýan ýylan ýaly haşşyldaýar,

Sebäbi eli paltaly güýçli duşman

Agaç çapýan adam kimin üstüne gelýär.

23 Tokaýlary gür bolsa⁠-⁠da,

Çapyp taşlarlar — muny Ýehowa aýdýar.

Olar çekirtge sürüsi kimindir.

24 Müsür halky* masgara bolar.

Ol demirgazyk halkyň eline berler“+.

25 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men Nog*+ şäheriniň Amon+ taňrysyndan, faraondan, Müsürden, taňrylaryndan+, patyşalaryndan hasabat soraryn. Faraona we oňa bil baglaýanlaryň ählisine+ jeza bererin“.

26 „Men olary janynyň kastyna çykan Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň we onuň gullarynyň eline tabşyraryn+. Şondan soň Müsür gadymy döwürde bolşy ýaly, ýene⁠-⁠de ilatly bolar — muny Ýehowa aýdýar+.

27 Gulum Ýakup, gorkma!

Ysraýyl, heder etme!+

Men seni, nesilleriňi uzak ýurtdan,

Ýesir düşen ýurduňdan halas ederin+.

Ýakup dolanyp geler; ol asuda, parahat ýaşar,

Ony hiç kim gorkuzmaz+.

28 Gorkma, gulum Ýakup — muny Ýehowa aýdýar.

Men ýanyňda bolaryn.

Seni milletleriň arasyna dargatdym.

Indi ol milletleri ýok ederin+.

Seni bolsa ýok etmerin+.

Saňa temmi bererin, emma öte geçmerin+.

Ýöne jezasyz hem galdyrmaryn“».

47 Faraon Gazany basyp almanka, Ýehowa Ýermeýa bilen piliştliler barada gepleşdi+. 2 Ýehowa şeýle diýýär:

«Demirgazykdan suwlar geler.

Olar sil bolup akar.

Şäheriň we ilatynyň,

Ýurduň we ähli zatlaryň üstüni basar.

Adamlar dady⁠-⁠perýat eder,

Ýurduň ilaty ahy⁠-⁠nala çeker.

 3 Atlaryň toýnak sesinden,

Söweş arabalarynyň,

Olaryň tigirleriniň güpürdisinden ýaňa,

Atalar gorkup gaçar,

Ogullaryna kömek etmäge gurby çatmaz.

 4 Şol gün ähli piliştliler ýok ediler+,

Tir+ bilen Sidona+ kömek berenleriň ählisi gyrlar,

Sebäbi Ýehowa piliştlileri,

Kaptor*+ adasynda aman galanlary derbi⁠-⁠dagyn eder.

 5 Gaza saçyny syrar*,

Aşkelonyň dili tutular+.

Eý adamlar, jülgäniň aman galanlary,

Haçana çenli özüňizi ýaralap ýörjek?+

 6 Ýehowanyň gylyjy!+

Sen haçan köşeşjek?

Sen gynyňa gir.

Rahatlan, sesiň çykmasyn!

 7 Ýehowa emr edensoň,

Gylyç nädip köşeşsin?

Ol gylyjyny Aşkelona, deňiz kenaryna+

Hüjüm etmek üçin ýollady».

48 Mowap+ barada Ysraýyl Hudaýy,

Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Nebonyň+ halyna waý! Ol derbi⁠-⁠dagyn edildi.

Kirýataýym+ masgara bolup, basylyp alyndy.

Galanyň ilaty utanja galyp, ýok edildi+.

 2 Indi Mowaby öwüp arşa çykarmazlar.

Heşbonda+ duşmanlar: „Ol milleti ýok edeliň“ diýip,

Oňa garşy dildüwşük gurnadylar.

Eý Madmen, sesiň çykmasyn,

Sebäbi gylyç seni kowalar.

 3 Horonaýymdan+ dady⁠-⁠perýat,

Gyrgynçylyk, uly weýrançylyk sesi eşidilýär.

 4 Mowap derbi⁠-⁠dagyn edildi,

Onuň çagalary aglaýar.

 5 Olar aglaý⁠-⁠aglaý Luhite çykdylar.

Horonaýymdan inilýän ýolda,

Weýrançylykdan ýaňa aglaýanlaryň sesi eşidildi+.

 6 Gaçyň, janyňyzy halas ediň!

Siz sährada ýeke ösen arça kimin bolarsyňyz.

 7 Eden işleriňe, mal⁠-⁠mülküňe bil baglandygyň üçin,

Sen ele salnarsyň.

Ruhanylary we han⁠-⁠begleri bilen

Kemoş+ hem sürgün ediler.

 8 Duşmanlar her bir şäheri ýok eder,

Ýekeje şäher hem halas bolup bilmez+.

Ýehowanyň aýdyşy ýaly, jülge gurap galar,

Düzlük ýok ediler.

 9 Şäherleri haraba dönende gaçyp biler ýaly,

Mowap üçin ýol belgisini dikiň.

Sebäbi şäherleri gorkunç hala düşer,

Olarda hiç kim ýaşamaz+.

10 Ýehowanyň tabşyrygyny

Göwünli⁠-⁠göwünsiz edýäne nälet bolsun!

Gylyjyny gan dökmekden saklaýan adama nälet bolsun!

11 Mowaplar ýaşlygyndan bäri rahat ýaşaýar.

Olar hiç haçan sürgün edilmändi.

Olar bir küýzeden başga küýzä guýulmadyk,

Çökündisi gabyň düýbüne çöken şeraba meňzeýär.

Şonuň üçinem olar tagamyny üýtgetmedi,

Ysyny ýitirmedi.

12 Şeýle bir günler geler — muny Ýehowa aýdýar. — Men olary çaýkajak adamlary ibererin. Olary düňdererler, gaplaryny boşadarlar, uly küýzelerini çym⁠-⁠pytrak ederler. 13 Ysraýyl öýi bil baglan Beýtelinden nähili utanan bolsa+, mowaplar hem Kemoş taňrysy üçin masgara bolarlar.

14 Siziň: „Biz edermen esgerler+,

Söweşmäge taýyn“ diýmäge neneň diliňiz barýar?

15 Mowap weýran edildi,

Şäherleri basylyp alyndy+,

Goç ýigitleri öldürildi+ — muny Patyşa aýdýar.

Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr+.

16 Tizden mowaplaryň üstüne duşmanlar çozar,

Olaryň heläk boljak güni ýetip gelýär+.

17 Onuň töwereginde ýaşaýanlar,

Adyny bilýänler gynanyp:

„Waheý, berk we owadan hasa döwüldi!“ diýerler.

18 Eý Dibonda+ ýaşaýan gyz,

Şan⁠-⁠şöhratyňdan el çek, teşnelikden agzyň kepesin*.

Sebäbi Mowaby weýran eden seniň hem üstüňe çozar,

Galalaryňy ýer bilen ýegsan eder+.

19 Eý Arogeriň+ ýaşaýjysy, ýola çykyp seret.

Gaçyp gelýän aýal⁠-⁠erkekden: „Näme boldy?“ diýip sora.

20 Mowap masgara boldy, ol gorkudan ýaňa titreýär.

Perýat et, zar⁠-⁠zar agla.

Mowabyň weýran bolandygyny Arnonda+ yglan et.

21 Düzlükdäki şäherlere garşy höküm çykaryldy+. Holona, Ýahaza+, Mepagata+, 22 Dibona+, Nebo+, Beýt⁠-⁠diblataýyma, 23 Kirýataýyma+, Beýtgamula, Beýtmegona+, 24 Kirýota+, Bosra we Mowabyň uzakda hem golaýda ýerleşýän ähli şäherlerine höküm çykaryldy.

25 „Mowap güýçden gaçdy*,

Onuň eli döwüldi — muny Ýehowa aýdýar.

26 Ony serhoş ediň+,

Ol tekepbirlik bilen Ýehowa garşy çykdy+.

Mowap öz gusugyna togalanar, masgara bolar.

27 Siz hem Ysraýylyň üstünden gülmediňizmi?+

Ony ýaňsylap, başyňyzy ýaýkamadyňyzmy?

Ol ogrular bilen bile tutuldymy?

28 Eý Mowabyň ilaty, şäherden çykyp, gaýada ýaşaň,

Höwürtgesini kert gaýada ýasan kepderi ýaly boluň“».

29 «Biz Mowabyň tekepbirligi, gopbamsylygy,

Gedemligi, buýsanjaňlygy, hondanbärsiligi,

Ýüreginiň gatylygy hakda eşitdik»+.

30 «Onuň gahar⁠-⁠gazabyndan men habarly»

Muny Ýehowa aýdýar.

«Emma onuň boş sözleriniň peýdasy bolmaz.

Olaryň elinden hiç zat gelmez.

31 Şol sebäpli Mowap üçin ahy⁠-⁠nala çekerin,

Ähli mowaplar üçin dady⁠-⁠perýat ederin,

Hir⁠-⁠heres+ halky üçin agy aýdaryn.

32 Eý Sibmanyň+ üzüm agajy,

Saňa Ýazere+ aglanymdan⁠-⁠da köp aglaryn.

Seniň pajarlap ösen şahalaryň deňizden geçdi,

Olar deňze, Ýazere baryp ýetdi.

Tomus miweleriňi, üzüm hasylyňy,

Garakçy gelip, weýran etdi+.

33 Indi bag⁠-⁠bakjadan, Mowap ýurdundan,

Şatlyk we begenç sesi eşidilmez+.

Men üzüm çukuryndan akýan şeraby kesdim.

Hiç kim şatlyk bilen aýdym aýdyp, üzüm depelemez.

Şatlyk⁠-⁠şagalaň sesi eşidilmez»+.

34 «Heşbondan+ çykan ses Elgala+ çenli eşidiler,

Olaryň sesi Ýahaza+ ýeter,

Sogardan Horonaýyma+, Eglat⁠-⁠şelişýa çenli eşidiler.

Nemrimiň suwlary⁠-⁠da gurap, çöllüge öwrüler+.

35 Men Mowapda seždegählerde* gurbanlyk beren,

Öz taňrylaryna gurbanlyk getiren

Her bir adamy ýok ederin — muny Ýehowa aýdýar.

36 Mowap üçin ýüregim tüýdük* kimin zar⁠-⁠zar aglar+,

Hir⁠-⁠heres halky üçin hem ýüregim tüýdük kimin iňňildär.

Sebäbi onuň bar mal⁠-⁠mülki ýok bolar.

37 Her kesiň saçy syrylar+,

Her kesiň sakgaly gyrkylar.

Elleri kesim⁠-⁠kesim ediler+.

Billerine jul* oralar»+.

38 «Mowabyň ähli üçeklerinden,

Ähli köçelerinden,

Diňe agy sesi eşidilýär.

Sebäbi men Mowaby

Derde ýaramaýan küýze ýaly döwdüm».

Muny Ýehowa aýdýar.

39 «Aglaň! Sebäbi ol gorkudan ýaňa titreýär!

Mowap masgara bolup gaçyp gitdi!

Mowap ile gülki boldy,

Daş⁠-⁠töweregindäkiler görüp gorkdular».

40 «Ýehowa şeýle diýýär:

„Serediň, aşak inip gelýän bürgüt kimin+

Duşman Mowabyň üstüne ganatyny ýaýar+.

41 Onuň şäherleri basylyp alnar,

Galalary ele salnar.

Şol gün Mowabyň esgerleri

Çaga dogurýan aýal kimin ejizlär“».

42 «Mowap halky bütinleý ýok ediler+,

Sebäbi ol tekepbirlik edip, Ýehowa baş galdyrdy+.

43 Mowap ilaty!

Öňüňde gorky, çukur, duzak bar — muny Ýehowa aýdýar.

44 Gorkudan gaçan çukura düşer,

Çukurdan çykan duzaga düşer.

Sebäbi men bellän ýylymda Mowaby höküm ederin — muny Ýehowa aýdýar.

45 Gaçyp gaýdanlar güýç⁠-⁠kuwwatdan düşüp,

Heşbonyň kölegesinde durarlar.

Sebäbi Heşbondan ot,

Sihonyň içinden ýalyn çykar+.

Ol mowaplaryň maňlaýyny,

Zalym esgerleriň başyny ýakyp ýandyrar+.

46 Mowap, waý seniň halyňa!

Kemoş+ halky gyryldy,

Ogullaryň ýesir düşdi,

Gyzlaryň sürgün edildi+.

47 Emma men soňky günlerde

Mowabyň sürgün edilenlerini ýygnaryn — muny Ýehowa aýdýar.

Şunuň bilen Mowap hakda höküm habary tamamlanýar»+.

49 Ýehowa ammonlar+ barada şeýle diýýär:

«Ysraýylyň ogly ýokmy?

Onuň mirasdüşeri ýokmy?

Malkam+ näme üçin Gad+ topragyny basyp aldy?

Onuň halky näme üçin Ysraýylyň şäherlerinde ýaşady?»

 2 «Şeýle bir günler geler — muny Ýehowa aýdýar.

Ammonlaryň+ Rapa+ şäherinde söweş surnaýy* eşidiler.

Ol daş üýşmegine öwrüler,

Onuň töweregindäki galalar oda ýakylar.

Ysraýyl özüni basyp alan duşmanlarynyň ýurduny eýelär+ — muny Ýehowa aýdýar.

 3 Heşbon, ahy⁠-⁠nala çek! Sebäbi Aý şäheri weýran edildi.

Aglaň, Rapanyň töweregindäki galalar! Jul* geýniň,

Daşdan örülen agyllaryň arasynda elewräp, zar⁠-⁠zar aglaň.

Sebäbi Malkam, onuň ruhanylary,

Han⁠-⁠begleri sürgün ediler+.

 4 Eý biwepa gyz! Näme üçin jülgeleriňe,

Bol suwly sähralaryňa buýsanýarsyň?

Baýlygyňa daýanyp:

„Maňa garşy çykmaga kim milt eder?“ diýýärsiň».

 5 «Men goňşy ýurtlardan üstüňe bela getirerin».

Muny Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

«Seni dumly⁠-⁠duşa dargadaryn.

Gaçyp giden adamlary hiç kim ýygnap bilmez.

 6 Emma men ýesirlige düşen ammonlary ýygnaryn.

Muny Ýehowa aýdýar».

7 Edom hakda Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Teýmanyň+ akyly ýokmy?

Düşünjeli adamlaryň maslahaty gutardymy?

Danalygy biderek boldumy?

 8 Eý Dedan+ ilaty, yzyňyza öwrüliň, gaçyň!

Aşak inip, buky ýerlerde ýaşaň!

Ysawy jezalandyrjak günüm gelende,

Onuň başyna betbagtçylyk indererin.

 9 Üzümçiler seniň ýanyňa gelenlerinde,

Birki salkym galdyrmazmy?

Ogrular gije gelende,

Islän zadyny almazmy?+

10 Men Ysawyň eşigini sypyraryn.

Ol bukulyp bilmez,

Gizlenýän ýerlerini mälim ederin.

Ogul⁠-⁠gyzlary, dogan⁠-⁠garyndaşlary,

Goňşy⁠-⁠golamlary ýok ediler+.

Onuň özi hem weýran ediler+.

11 Ýetimleri goýup gidiň,

Men olary diri galdyraryn.

Dul hatynlaryň maňa bil baglar».

12 Ýehowa şeýle diýýär: «Höküm edilmedik halklar hem gazap käsämden içýän bolsa, onda siz temmisiz galaryn öýdýärsiňizmi? Gazap käsämden hökman içersiňiz+, temmisiz galmarsyňyz.

13 Öz adymdan ant içýärin — muny Ýehowa aýdýar. — Bosra elhenç hala düşer+, derbi⁠-⁠dagyn ediler, ýaňsylanar, näletlener. Ähli şäherleri hemişelik weýran ediler»+.

14 Ýehowa meniň bilen gepleşdi,

Halklara iberilen habarçy şeýle jar çekdi:

«Toplanyň, Edoma hüjüm ediň!

Söweşe taýýar boluň!»+

15 «Seni halklaryň arasynda peseltdim.

Olaryň öňünde kemsitdim+.

16 Milletleri gorkuda sakladyň,

Tekepbir bolup, öz⁠-⁠özüňi aldadyň.

Sen gaýanyň jaýryklarynda ýaşaýarsyň,

Beýik baýyrda mesgen tutýarsyň.

Bürgüt kimin kert gaýalarda höwürtge ýasasaň⁠-⁠da,

Men seni aşak düşürerin — muny Ýehowa aýdýar.

17 Edom elhenç hala düşer+. Onuň deňinden geçen her kes haýran galyp sereder we düşen ýagdaýyny görüp, sykylyk çalar*. 18 Weýran bolan Sodom, Gomorra we olaryň daş⁠-⁠töweregindäki galalar ýaly+, Edomda hem hiç kim ýaşamaz, janly⁠-⁠jemende galmaz+ — muny Ýehowa aýdýar.

19 Duşman Iordanyň gür baglarynyň içinden çykan ýolbars kimin+ öri meýdandaky sürä topular. Men ony* ýurtdan kowup çykararyn. Saýlan kişimi ýurduň üstünden hökümdar edip goýaryn. Maňa taý geljek barmy? Maňa garşy çykmaga kim milt eder? Haýsy çopan garşyma çykyp biler?+ 20 Şonuň üçin, eý halaýyk, Ýehowanyň Edom hakdaky kararyny*, Teýman+ ilaty baradaky niýetini eşidiň:

„Owlak⁠-⁠guzularyny sürüp äkiderler,

Halkyň derdinden ýaňa ýurt çolaryp galar+.

21 Olar ýykylarlar, gürpüldisinden ýaňa ýer ýüzi sarsar.

Goh⁠-⁠galmagal turar,

Olaryň sesi Gyzyl deňze+ ýeter.

22 Serediň, aşak inip gelýän bürgüt kimin+,

Duşman Bosranyň üstüne ganatyny ýaýar+.

Şol gün Edom esgerleri,

Çaga dogurýan aýal kimin ejizlär“».

23 Damask+ hakyndaky habar:

«Hamat+ bilen Arpat aňk⁠-⁠taňk boldy,

Sebäbi olar erbet habar eşitdi.

Gorkudan ýaňa ysgyny gaçdy.

Deňizde turan tupan köşeşmedi.

24 Damasgyň güýç⁠-⁠kuwwaty galmady.

Ol gaçmak isledi, ýöne aljyrap, gaçyp bilmedi.

Çaga dogurýan aýal kimin

Dert hem azap çekdi.

25 Şan⁠-⁠şöhratly şäherden näme üçin gaçmadylar?

Beýik şäherden näme üçin çykmadylar?

26 Ol gün goç ýigitleriň jesetleri köçelerde çaşyp ýatar,

Esgerler gyrlar — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

27 Damasgyň diwarlaryny otlaryn,

Benhadatyň berk diňlerini ot ýalmap ýuwudar»+.

28 Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* weýran eden Kedar+ we Hasor patyşalyklary barada Ýehowa şeýle diýýär:

«Turuň, Kedara hüjüm ediň,

Gündogar halklaryny ýok ediň.

29 Olaryň çadyrlaryny, mal⁠-⁠garasyny,

Çadyrlarynyň matalaryny, ähli baýlygyny alarlar.

Düýelerini sürüp äkiderler.

Adamlar: „Daş⁠-⁠töwerek gorkunç!“ diýip gygyryşarlar.

30 Gaçyň, uzaklara gaçyň!

Hasoryň ilaty, bukularda ýatyň — muny Ýehowa aýdýar.

Sebäbi Wawilon patyşasy Nawuhodonosor

Sizi basyp almagyň küýüne düşdi.

Ol size hüjüm etmegi ýüregine düwdi.

31 Turuň, parahat ýaşaýan millete,

Asuda ýaşaýan halka garşy çykyň! — Muny Ýehowa aýdýar.

Onuň ne gapysy bar, ne⁠-⁠de kilti. Olar aýry ýaşaýarlar.

32 Olaryň düýeleri talanar,

Ähli mal⁠-⁠garasy olja alnar.

Sakgalyny gyrkýanlary+

Ýeliň ugruna kowup dargadaryn.

Men olaryň başyna ähli ýerden betbagtçylyk indererin».

Muny Ýehowa aýdýar.

33 «Hasor şagallaryň sürenine,

Ebedilik harabaçylyga öwrüler.

Ol ýerde hiç kim ýaşamaz,

Janly⁠-⁠jemende galmaz».

34 Ýahuda patyşasy Sadykýaryň+ hökümdarlygynyň başlarynda Ýehowa Elam+ hakda Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: 35 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar: „Men Elamyň+ kuwwatynyň gözbaşy bolan ýaýy döwerin. 36 Men Elamyň üstüne ýeriň çar tarapyndan dört ýeli öwüsdirip, ýeliň ugruna kowaryn. Elamy ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasyna dargadaryn, onuň aýak basmadyk ýeri bolmaz“.

37 Men elamlary duşmanlarynyň, janynyň kastyna çykanlaryň öňünde derbi⁠-⁠dagyn ederin. Gahar donumy geýip, betbagtçylyk indererin — muny Ýehowa aýdýar. — Olaryň yzyndan gylyç ýollap, ählisini ýok ederin.

38 Men Elamda+ tagtymy dikerin, patyşasyny we han⁠-⁠beglerini öldürerin — muny Ýehowa aýdýar.

39 Emma men soňky günlerde Elamyň sürgün edilenlerini ýygnaryn». Muny Ýehowa aýdýar.

50 Ýehowa Wawilon+ hakda, haldeýleriň ýurdy barada Ýermeýa pygambere şeýle diýdi:

 2 «Milletleriň arasynda jar çekiň, yglan ediň.

Tug dikip, jar çekiň.

Hiç zady gizlemäň!

Şeýle diýiň: „Wawilon basylyp alyndy+,

Bel taňrysy utanja galdy+.

Merdek taňrysy gorkdy.

Butlary masgara edildi.

Nejis butlary* elhenç hala düşdi“.

 3 Onuň üstüne demirgazykdan bir halk geldi+.

Ýurdy gorkunç hala saldy.

Ol ýerde hiç kim ýaşamaz.

Ynsan⁠-⁠da, haýwan⁠-⁠da

Ol ýerden gaçyp gitdi.

4 Şol döwürde, şol günlerde ysraýyl we ýahuda halky bir ýere ýygnanar+. Olar ýolboýy aglaý⁠-⁠aglaý gelerler+ we bilelikde Ýehowa Hudaýyny çagyrarlar+ — muny Ýehowa aýdýar. 5 — Olar Siona gidýän ýoly sorarlar+ we ol tarapa bakyp: „Geliň, ebedilik äht baglaşyp, Ýehowa ýakynlaşalyň. Ol äht hiç haçan unudylmaz“+ diýerler. 6 Meniň halkym ýiten goýun sürüsi ýalydyr+. Çopanlar olary dargatdylar+. Olar sürini daglara sürdüler, depeden depä entetdiler, olar hem öz agylyny* unutdylar. 7 Olary kim tapsa, ýalmap ýuwudardy+. Duşmanlary şeýle diýerdi: „Biz günäkär däl. Olaryň özleri Ýehowa garşy günä etdiler. Dogrulygyň gözbaşyna, ata⁠-⁠babalarynyň umydy bolan Ýehowa garşy günä etdiler“».

 8 «Wawilondan gaçyň,

Haldeýleriň ýurdundan çykyň+.

Süriniň başyny çekýän teke ýaly boluň.

 9 Wawilonyň üstüne demirgazyk ýurdundan

Birleşen beýik milletleri getirerin+.

Olar nyzama düzülip, hüjüm ederler.

Ony basyp alarlar.

Esgerleriň atýan oklarynyň

Hiç biri sowa geçmez.

Ene⁠-⁠atalary perzendinden mahrum eder+.

10 Haldeý ýurdy talanar+.

Olja alanyň göwni hoş bolar+ — muny Ýehowa aýdýar.

11 Meniň mirasymy talanyňyzda+,

Şatlandyňyz+, heşelle kakdyňyz.

Göle kimin otluk meýdanda bökjeklediňiz,

Bedew at kimin kişňediňiz.

12 Ejeňiz masgara boldy+.

Sizi dünýä indereniň tamasy puja çykdy.

Ol milletleriň arasynda peseldildi,

Gurap ýatan çöle öwrüldi+.

13 Ýehowanyň gazabyndan ýaňa ol ýerde hiç kim ýaşamaz+,

Bütinleý haraba öwrüler+.

Wawilonyň deňinden geçen her kes aňk⁠-⁠taňk bolar,

Düşen gorkunç ýagdaýyny görüp, sykylyk çalar*+.

14 Eli ýaýly adamlar,

Nyzama düzüliň, çar tarapdan Wawilona hüjüm ediň.

Okuňyzy gaýgyrman atyň+,

Sebäbi ol Ýehowa garşy günä etdi+.

15 Çar tarapdan gygyryşyp hüjüm ediň!

Ol boýun egdi,

Sütünleri, diwarlary ýykyldy+.

Sebäbi Ýehowa ar alýar+.

Sizem ar alyň.

Edenlerini başyna inderiň+.

16 Daýhany, orak döwri orakçyny,

Wawilonda ýok ediň+.

Zalym gylyçdan gaçyp,

Her kim öz halkyna dolanar, öz ýurduna gider+.

17 Ysraýyl halky dargan süri ýaly boldy+. Ýolbarslar olary pytratdy+. Başda olary Assiriýa patyşasy ýalmap ýuwutdy+, soňra Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* olaryň süňküni gemirdi+. 18 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Assiriýa patyşasyna nähili jeza beren bolsam+, Wawilon patyşasyna, onuň ýurduna şeýle jeza bererin. 19 Ysraýyly öri meýdanlaryna gaýtaryp getirerin+. Ol Efraýym+ bilen Gilead+ daglarynda, Karmelde we Başanda+ otlap doýar“.

20 Şol döwürde, şol günlerde,

Ysraýylyň ýazygyny agtararlar,

Ýöne tapmazlar.

Ýahudadan hem ýazyk tapmazlar.

Sebäbi diri galdyran adamlarymy bagyşlaryn»+.

Muny Ýehowa aýdýar.

21 «Merataýym ýurduna, Pekotyň+ ýaşaýjylaryna hüjüm ediň.

Olar gyrylsyn, bütinleý ýok edilsin — muny Ýehowa aýdýar.

Tabşyran ähli zatlarymy berjaý ediň.

22 Ýurtda uruş sesi eşidiler,

Weýrançylyk bolar.

23 Serediň! Dünýäniň milletlerini mynjyradan tokmagyň özi kül⁠-⁠owram boldy+.

Wawilony gören milletler ör⁠-⁠gökden geldi+.

24 Eý Wawilon, sen guran duzagyma düşdüň.

Muny özüň hem bilmän galdyň.

Seni tutup, ýesir aldylar+.

Sebäbi Ýehowa garşy çykdyň.

25 Ýehowa ammaryny açyp,

Gahar ýaraglaryny çykarýar+.

Sebäbi Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowanyň

Haldeýleriň ýurdunda etmeli işi bar.

26 Uzak ýerlerden gelip, hüjüm ediň!+

Ammarlaryny açyň+.

Harman kimin üýşüriň.

Bütinleý ýok ediň+.

Hiç kim diri galmasyn.

27 Öküzçeleriniň damagyny çalyň+.

Ählisini soýuň.

Olaryň halyna waý! Olaryň höküm güni,

Hasabat bermeli güni geldi!

28 Wawilondan gaçanlaryň,

Halas bolanlaryň sesi eşidilýär.

Olar Sionda Ýehowanyň öjüni,

Ybadathanasy üçin alýan aryny+ jar edýärler.

29 Wawilona garşy ýaýçylary,

Ýaý atyp bilýän adamlary toplaň+.

Daş⁠-⁠töwereginde düşelge guruň, hiç kim gaçmasyn.

Eden etmişine görä almytyny beriň+.

Edenlerini başyna getiriň+.

Sebäbi ol tekepbirlik bilen Ýehowa garşy çykdy,

Ysraýylyň Mukaddesine garşy gitdi+.

30 Şol gün goç ýigitleri köçelerde läş bolup ýatar+,

Ähli esgerleri gyrlar* — muny Ýehowa aýdýar.

31 Eý gopbamsy Wawilon+, men saňa jeza bererin»+.

Muny Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

«Seniň günüň, hasabat bermeli günüň hökman geler.

32 Eý gopbamsy Wawilon, sen büdräp ýykylarsyň.

Seni hiç kim ýeriňden galdyrmaz+.

Şäherleriňi otlaryn,

Daş⁠-⁠töweregiňi ot ýalmap ýuwudar».

33 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

„Ysraýyl we ýahuda halkyny ezýärler,

Olary sürgün edenler halkymy goýbermeýärler+,

Azat etmek islemeýärler+.

34 Emma olaryň Halasgäri* güýçlüdir+.

Ady Serkerdebaşy Ýehowadyr+.

Ol halkynyň hakyny alar+.

Şeýdip, ýurda parahatlyk berer+,

Wawilonyň ýaşaýjylaryny howsala salar“+.

35 Haldeýleriň üstünden gylyç iner — muny Ýehowa aýdýar.

Wawilonyň ýaşaýjylarynyň,

Han⁠-⁠begleriniň, akyldarlarynyň başyna hem gylyç iner+.

36 Ýalan pygamberleriniň üstüne gylyç iner, olar aljyrar.

Esgerleriniň üstünden hem gylyç iner,

Olar gorkudan ýaňa sandyrar+.

37 Olaryň atlarynyň, söweş arabalarynyň,

Ol ýerdäki ähli milletleriň üstünden gylyç iner.

Olar aýal ýaly ejizlärler+.

Duşman gylyçly gelip, hazynalaryny talar+.

38 Onuň suwlary gurap, çöllüge öwrüler+.

Ol ýurt oýma butlaryň mekanydyr+,

Olar gorkunç görnüşleri* görüp, dälireýärler.

39 Şonuň üçin ol çöl haýwanlarynyň, uwlaýan haýwanlaryň,

Düýeguşlaryň mekany bolar+.

Indi ol ýerde hiç kim ýaşamaz.

Asyrlarboýy hiç kim mesgen tutmaz+.

40 Hudaýyň weýran eden Sodom, Gomorra+ we olaryň daş⁠-⁠töweregindäki galalary+ ýaly, ol ýerde hem hiç kim ýaşamaz, janly⁠-⁠jemende bolmaz+ — muny Ýehowa aýdýar.

41 Ine, demirgazykdan bir halk geler.

Ýeriň aňry ujundan+ beýik halk,

Şan⁠-⁠şöhratly patyşalar+ aýaga galar.

42 Olaryň elinde ýaý hem naýza bardyr+.

Olar rehimsizdir, zalymdyr+.

Atlarynyň toýnak sesi,

Deňziň güwwüldisi ýalydyr+.

Eý Wawilon gyzy, olar nyzama düzülip,

Bir adam kimin saňa hüjüm ederler+.

43 Wawilon patyşasy olar hakda eşidende+,

Eliniň ysgyny gaçdy+.

Çaga dogurýan aýal kimin,

Dert hem azap çekdi.

44 Duşman Iordanyň jeňňeliniň içinden çykan ýolbars kimin öri meýdandaky sürä topular. Men ony ýurtdan kowup çykararyn. Saýlan kişimi ýurduň üstünden hökümdar edip goýaryn+. Maňa taý geljek barmy? Maňa garşy çykmaga kim milt eder? Haýsy çopan garşyma çykyp biler?+ 45 Şonuň üçin, eý halaýyk, Ýehowanyň Wawilon hakdaky kararyny*+, haldeýler baradaky niýetini eşidiň:

„Owlak⁠-⁠guzularyny sürüp äkiderler,

Halkyň günäsi sebäpli ýurt çolaryp galar+.

46 Wawilonyň ýykylandygyny eşidip, ýer ýüzi sarsar,

Milletleriň arasynda ahy⁠-⁠nala eşidiler“»+.

51 Ýehowa şeýle diýýär:

«Men Wawilona+ we Lebkamaýyň* ýaşaýjylaryna garşy,

Apy⁠-⁠tupan turzaryn.

 2 Wawilona galla sowurýan adamlary ýollaryn,

Olar ýurdy sowrup, boşadyp taşlarlar,

Başyna betbagtçylyk inen güni

Dumly⁠-⁠duşdan hüjüm ederler+.

 3 Ýaýçylary ýaýyny çekip ýetişmez,

Esgerleri sowudyny geýip ýetişmez.

Ýigitlerine rehim etmäň+,

Tutuş goşuny gyryp taşlaň.

 4 Haldeýleriň ýurdunda jesetler,

Köçelerinde agyr ýaralanan adamlar çaşyp ýatar+.

 5 Ysraýyl bilen Ýahudanyň Hudaýy,

Serkerdebaşy Ýehowa halkyny terk etmedi*+.

Haldeý ýurdy bolsa Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň öňünde agyr günä etdi.

 6 Janyňyzy gutarmak üçin,

Wawilondan gaçyň+.

Onuň günäleri üçin heläk bolmaň.

Sebäbi Ýehowanyň ar aljak wagty geldi.

Ol Wawilonyň almytyny berer+.

 7 Wawilon Ýehowanyň elindäki altyn käsedir.

Wawilon bütin dünýäni serhoş etdi.

Halklar onuň şerabyndan içip+,

Akyl⁠-⁠huşuny ýitirerler+.

 8 Wawilon duýdansyz ýykylyp, weýran boldy+.

Onuň üçin aglaň!+

Ýarasyna melhem tapyň, belki, ol sagalar».

 9 «Biz Wawilony sagaltjak bolduk, emma ol gutulmady.

Geliň, ol ýerden çykalyň, watanymyza dolanalyň+.

Onuň höküme laýyk eden işleri

Göklere, bulutlara çenli baryp ýetdi+.

10 Ýehowa biziň üçin adalaty dikeltdi+.

Hudaýymyz Ýehowanyň işlerini Sionda yglan edeliň!»+

11 «Oklary ýiteldiň+, galkanyňyzy ele alyň!*

Ýehowa Midiýa patyşalarynyň ruhuny göterdi+,

Sebäbi Hudaýyň niýeti Wawilony ýok etmekdir.

Ýehowa özi üçin, ybadathanasy üçin ar alýar.

12 Wawilon diwarlarynyň garşysynda söweş tuguny dikiň+.

Gözegçiligi güýçlendiriň, garawullary goýuň.

Bukuda ýatanlar hem taýýar bolsunlar.

Sebäbi Ýehowa niýetini,

Wawilona garşy beren wadasyny amala aşyrar»+.

13 «Suwlaryň üstünde ýaşaýan+,

Genji⁠-⁠hazyna eýe bolan zenan!+

Seniň ahyryň geldi, haram gazanjyň soňy geldi+.

14 Serkerdebaşy Ýehowa öz adyndan ant içip:

„Seniň üstüňe çekirtge sürüsi kimin adamlary çozduraryn.

Olar seni ýeňip, şatlykdan ýaňa gygyryşarlar“+ diýdi.

15 Alla gudraty bilen Ýeri,

Akyldarlygy bilen mes topragy ýaradandyr+,

Düşünjesi bilen gök gümmezini ýaýandyr+.

16 Ol geplände,

Gögüň suwlary joşýar,

Ol bulutlary ýeriň dört künjeginden asmana galdyrýar.

Ýyldyrym çakdyryp*, ýagyş ýagdyrýar,

Ammarlaryny açyp, ýel öwüsdirýär+.

17 Bilimsiz adam akmaklyk edýär.

Zergär ýasan oýma buty bilen masgara bolar+,

Onuň guýma buty ýalandyr,

Ol jansyzdyr+.

18 Olar biderekdir+, masgara bolar,

Hasabat bermeli güni gelende hemmesi ýok ediler.

19 Ýakubyň Hudaýy* olara meňzeýän däldir.

Ol ähli zada şekil berendir,

Ysraýyl onuň arzyly mirasydyr*+,

Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr»+.

20 «Sen golumdaky serdessäm*, söweş ýaragym,

Seniň bilen halklary gyraryn,

Patyşalyklary ýok ederin.

21 Seniň bilen aty hem çapyksuwaryny,

Söweş arabasyny hem arabaçysyny gyraryn.

22 Seniň bilen erkekleri hem aýallary,

Garrylary hem ýaşlary,

Oglanlary hem gyzlary gyraryn.

23 Seniň bilen çopany hem sürüsini,

Daýhany hem ýer sürýän mallaryny,

Häkimleri hem baştutanlary gyraryn.

24 Siziň gözüňiziň alnynda Sionda eden zalymlyklary üçin,

Wawilon bilen Haldeýiň ähli ilatynyň eden erbet işleri üçin almytyny bererin+ — muny Ýehowa aýdýar.

25 Eý dag, sen weýran edýärsiň, ýöne saňa garşy çykaryn+,

Sen bütin dünýäni ýykan⁠-⁠ýumran etdiň+.

Elimi saňa garşy uzadyp, seni gaýadan aşak togalaryn,

Garaköýük bolan daga öwrerin — muny Ýehowa aýdýar.

26 Adamlar senden burça goýmak üçin,

Binanyň düýbüni tutmak üçin daş* almazlar,

Sebäbi sen ebedilik çöle dönersiň»+. Muny Ýehowa aýdýar.

27 «Ýurtda söweş tuguny dikiň+,

Halklaryň arasynda surnaý çalyň.

Olary Wawilona garşy söweşmäge taýýarlaň,

Ararat+, Minni we Aşkenaz+ patyşalyklaryny çagyryň.

Oňa garşy çykjak serkerdeleri belläň.

Çekirtge sürüsi kimin atlary olaryň üstüne çapdyryň.

28 Halklary, Midiýa patyşalaryny+,

Häkimlerini, baştutanlary,

Olaryň golastyndaky ähli ýurtlary,

Oňa garşy söweşmäge taýýarlaň.

29 Ýer titräp, lerzana geler,

Wawilon ýurdy elhenç hala düşüp, ilatsyz galar+,

Sebäbi Ýehowanyň Wawilona garşy niýeti amala aşar.

30 Wawilonyň batyr ýigitleri söweşe çykmadylar.

Galalarynda oturdylar.

Olarda ysgyn⁠-⁠mydar galman+,

Aýal ýaly ejizlediler+.

Olaryň öýlerini ýakdylar.

Derwezeleriniň kiltlerini döwdüler+.

31 Çapar üstüne çapar, habarçy üstüne habarçy ylgaşyp,

Şähere her tarapdan hüjüm edilendigini

Wawilon patyşasyna habar berýärler+.

32 Derýanyň ýalpak ýerleri ele salyndy+,

Gamyş gaýyklary oda ýakyldy,

Esgerleri gorkup sandyraýar».

33 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Wawilon gyzy harmana meňzär,

Onuň döwülmeli wagty geldi.

Tizden orulmaly möwsümi geler».

34 «Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* meni ýuwutdy+.

Ol meni aldym⁠-⁠berdime saldy.

Meni boş küýze kimin taşlady.

Uly ýylan kimin ýuwutdy+.

Garnyny näz⁠-⁠nygmatdan doýrup,

Meni zyňyp taşlady.

35 Sionyň ilaty diýýär:

„Maňa edilen zorluk⁠-⁠sütem Wawilonyň başyna gelsin!“+

Iýerusalim diýýär: „Meniň ganym Haldeýden soralsyn!“»

36 Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär:

«Men arz⁠-⁠şikaýatyňa serederin+,

Seniň üçin ar alaryn+.

Men onuň deňzini, guýularyny guradaryn+.

37 Wawilony harabaçylyga+,

Şagallaryň sürenine öwrerin+,

Elhenç hala düşürerin, adamlar oňa bakyp sykylyk çalar*,

Indi ol ýerde hiç kim ýaşamaz+.

38 Olaryň ählisi ýaş arslan kimin arlar,

Arslan çagasy kimin hyrlar.

39 Işdäleri açylanda, meýlis gurnap, olary serhoş ederin,

Keýpleri kök bolar+,

Soňra ebedilik uka gidip,

Hiç haçan oýanmazlar+ — muny Ýehowa aýdýar.

40 Olary guzular,

Goçlar we geçiler ýaly soýmaga getirerin».

41 «Şeşak* basylyp alyndy!+

Bütin ýer ýüzüniň şöhratly şäheri ele salyndy!+

Halklaryň arasynda Wawilon elhenç hala düşdi!

42 Deňiz joşup Wawilonyň üstüni basdy,

Tolkunlar ony örtdi.

43 Şäherleri gorkunç hala düşdi, takrap ýatan çöle döndi,

Ol ýerde hiç kim ýaşamaz, hiç bir ynsan geçmez+.

44 Men Wawilonyň Bel taňrysyny jezalandyraryn+,

Ýalmap⁠-⁠ýuwudanlaryny gusduraryn+.

Wawilonyň diwary ýykylar+,

Indi halklar oňa tarap eňmezler.

45 Eý halkym, onuň içinden çykyň!+

Ýehowa gazap donuny geýdi+, janyňyzy gutaryň!+

46 Ýurtda eşidiljek habardan gorkup, howsala düşmäň.

Şu ýyl bir habar geler,

Soňky ýyl başga habar eşidiler,

Ýurtda zorluk höküm sürer,

Bir hökümdar başga hökümdara garşy çykar.

47 Şeýle bir günler geler,

Men Wawilonyň oýma butlaryny weýran ederin.

Tutuş ýurt masgara bolar,

Olaryň jesetleri ýurtda çaşyp ýatar+.

48 Asman, ýer we olardaky ähli zatlar

Wawilonyň ýykylanyny görüp, şatlanyp gygyryşarlar+,

Sebäbi demirgazykdan duşmanlar gelip, hüjüm ederler»+.

Muny Ýehowa aýdýar.

49 «Wawilon diňe bir Ysraýylyň ganyna galmady+,

Wawilonda bütin dünýäniň milletleri öldürildi.

50 Eý gylyçdan gutulanlar, durmaň, gaçyň!+

Alyslarda Ýehowany ýatlaň,

Iýerusalim hakda oýlanyň»+.

51 «Bizi ýaňsyladylar, masgara bolduk,

Ýüzügara bolduk.

Sebäbi ýat ýurtdan gelenler

Ýehowanyň öýüniň mukaddes otaglaryna girdiler»+.

52 «Şeýle bir günler geler,

Men Wawilonyň oýma butlaryny weýran ederin.

Tutuş ýurtda ýaraly adamlar iňňildäp ýatarlar»+.

Muny Ýehowa aýdýar.

53 «Wawilon arşa galsa⁠-⁠da+,

Beýik diwarlaryny berkitse⁠-⁠de,

Onuň üstüne duşmanlaryny çozduraryn»+.

Muny Ýehowa aýdýar.

54 «Diňläň! Wawilondan perýat sesi gelýär+,

Haldeýleriň ýurdundan weýrançylyk sesi eşidilýär+.

55 Ýehowa Wawilony weýran eder,

Ol Wawilonyň batly sesine suw seper.

Duşmanlarynyň joşgunly sesi deňiz tolkunlary deý güwlär.

Goh⁠-⁠galmagaly eşidiler.

56 Wawilonyň üstüne duşmanlar geler+,

Onuň esgerleri ýesir düşer+,

Ýaýlary döwler,

Sebäbi Ýehowa ar alýan Hudaýdyr+.

Olaryň edenlerine görä almytyny berer+.

57 Men olaryň han⁠-⁠beglerini, akyldarlaryny,

Häkimlerini, baştutanlaryny we esgerlerini serhoş ederin+,

Olar ebedilik uka gidip,

Hiç haçan oýanmazlar»+. Muny Patyşa aýdýar.

Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr.

58 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Wawilon diwarlary galyň bolsa⁠-⁠da,

Ýer bilen ýegsan bolar+,

Derwezeleri belent bolsa⁠-⁠da, otda ýakylar.

Halklar biderek ýere zähmet çekerler,

Milletler ýanyp gitjek zatlar üçin der döküp işlärler»+.

59 Ýahuda patyşasy Sadykýaryň hökümdarlygynyň dördünji ýylydy. Mahseýanyň agtygy, Nuryýaryň+ ogly Seraýa patyşanyň hojalyk işleri boýunça weziridi. Ol Sadykýar bilen Wawilona gaýdanda, Ýermeýa pygamber şeýle tabşyryk berdi. 60 Ýermeýa Wawilonyň başyna injek ähli betbagtçylyklary, Wawilona garşy aýdylan sözleri bir kitaba ýazdy. 61 Ol Seraýa şeýle diýdi: «Wawilona baranyňda, ähli sözleri batly ses bilen okap ber. 62 Soňra şeýle diý: „Eý Ýehowa, bu şäheriň ýok ediljekdigini, onda ynsanyň⁠-⁠da, haýwanyň⁠-⁠da ýaşamajakdygyny, ebedilik çöle öwrüljekdigini aýdypdyň“+. 63 Kitaby okap bolansoň, bir daşa daňyp, Ýewfrat derýasynyň ortasyna zyň. 64 Soňra olara şeýle diý: „Hudaýyň inderjek betbagtçylygyndan ýaňa Wawilon hem şeýle çöker welin, ol hiç haçan ýerinden galmaz+. Tutuş halky tapdan düşer“»+.

Şunuň bilen Ýermeýanyň sözleri tamamlanýar.

52 Sadykýar+ 21 ýaşynda patyşa boldy. Ol Iýerusalimde 11 ýyl höküm sürdi. Ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy+. 2 Sadykýar hem Ýehoýakym ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 3 Ýehowanyň gahary gelip, Iýerusalime we Ýahuda betbagtçylyk iberdi. Ahyrsoňy Hudaý olary huzuryndan kowdy+. Soňra Sadykýar Wawilon patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy+. 4 Sadykýaryň hökümdarlygynyň dokuzynjy ýylynda, onunjy aýyň onuna Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* goşuny bilen Iýerusalime geldi. Olar şäheriň daşyna gabaw diwarlaryny gurdular+. 5 Sadykýaryň hökümdarlygynyň 11⁠-⁠nji ýylyna çenli şäher gabawda saklandy.

6 Dördünji aýyň dokuzydy+, şäherde güýçli açlyk höküm sürýärdi, halkyň iýere zady ýokdy+. 7 Ahyry şäheriň diwaryny ýykyp ýumurdylar. Şol gije haldeýler şäheri gabap otyrkalar, esgerler şa bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň aralygy bilen derwezeden çykyp, Araba tarap gaçyp gitdiler+. 8 Emma haldeýler Sadykýar patyşanyň yzyndan kowdular we Ýerihon düzlüginde ele saldylar+. Şonda nökerleri patyşany taşlap, çar tarapa gaçyp gitdiler. 9 Haldeýler Sadykýary tutup, Hamat ýurdunyň Ribla şäherindäki Wawilon patyşasynyň ýanyna äkitdiler. Ol Sadykýaryň üstünden höküm çykardy. 10 Riblada Wawilon patyşasy Sadykýaryň gözüniň alnynda ogullaryny öldürdi. Soňra Ýahudanyň ähli han⁠-⁠beglerini hem öldürdi. 11 Nawuhodonosor Sadykýaryň gözlerini oýup+, el⁠-⁠aýagyny mis gandal bilen baglady we Wawilona alyp gitdi. Ol ömrüniň ahyryna çenli zyndanda oturdy.

12 Bäşinji aýyň onuna, ýagny Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň hökümdarlygynyň 19⁠-⁠njy ýylynda Wawilon patyşasynyň geňeşçisi*, garawullaryň baştutany Nawuzardan Iýerusalime geldi+. 13 Ol Ýehowanyň öýüni, köşgi, Iýerusalimdäki jaýlaryň baryny, atly⁠-⁠abraýly adamlaryň öýlerini otlady+. 14 Garawullaryň baştutany we haldeý goşuny Iýerusalimiň diwarlaryny ýumurdylar+.

15 Garawullaryň baştutany Nawuzardan şäherde aman galan halky, ussalary, käbir garyp⁠-⁠gasar adamlary we Wawilon patyşasynyň tarapyna geçenleri sürgün etdi+. 16 Garawullaryň baştutany Nawuzardan üzümlikde işletmek we ekin ekdirmek üçin käbir garyp adamlary ýurtda goýup gitdi+.

17 Haldeýler Ýehowanyň öýündäki mis sütünleri+, Ýehowanyň öýündäki arabalary+ we mis howzy*+ çym⁠-⁠pytrak edip, ähli misi Wawilona äkitdiler+. 18 Şeýle⁠-⁠de olar gaplary, pilçeleri, ot söndürgiçleri, tabaklary+, käseleri+ we ybadathanada ulanylýan mis gap⁠-⁠gaçlaryň hemmesini alyp gitdiler. 19 Garawullaryň baştutany arassa altyn⁠-⁠kümüşden ýasalan legenleri+, külatarlary, jamlary, gaplary, şemdanlary+, käseleri we tabaklary alyp gitdi+. 20 Süleýman patyşa Ýehowanyň öýi üçin iki sütüni, 12 sany mis öküzi+, olaryň üstünde duran mis howzy* we arabalary ýasatdy. Olary ýasamak üçin ummasyz köp mis ulanylypdy.

21 Her sütüniň beýikligi 18 tirsekdi*. Ölçeg ýüpi bilen daşyny aýlanlarynda 12 tirsek çykdy+. Sütüniň içi boşdy, diwarynyň galyňlygy dört barmakdy*. 22 Sütüniň depesinde misden ýasalan täç bardy. Täjiň beýikligi bäş tirsekdi*+. Onuň daşyndaky toruň we naryň şekilleri misdendi. Ikinji sütün hem birinji sütün ýaly narlar bilen bezelipdi. 23 Onda 100 sany nar bardy+, ýöne 96⁠-⁠sy görünýärdi.

24 Garawullaryň baştutany Nawuzardan uly ruhany Seraýany+, orunbasary Sepanýa ruhanyny+ we üç sany derwezebany hem ýesir aldy+. 25 Şeýle⁠-⁠de ol esgerleriň üstünden goýlan emeldary, şäherde galan patyşanyň ýedi maslahatçysyny, garamaýak halkdan 60 adamy we serkerdäniň kätibini äkitdi. Ol kätip ilaty harby gullugyna çagyrýardy. 26 Garawullaryň baştutany Nawuzardan olary Ribla şäherindäki Wawilon patyşasynyň öňüne eltdi. 27 Wawilon patyşasy olary Hamat ýurdunyň Ribla+ şäherinde öldürdi. Şeýlelikde, ýahuda halky watanyndan sürgün edilip äkidildi+.

28 Nawuhodonosoryň hökümdarlygynyň ýedinji ýylynda 3 023 ýehudy sürgün edildi+.

29 Nawuhodonosoryň hökümdarlygynyň 18⁠-⁠nji ýylynda+ 832 adam Iýerusalimden sürgün edildi.

30 Nawuhodonosoryň hökümdarlygynyň 23⁠-⁠nji ýylynda garawullaryň baştutany Nawuzardan 745 ýehudyny sürgün etdi+.

Sürgün edilenleriň jemi sany 4 600 adamdy.

31 Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň+ sürgün edileniniň 37⁠-⁠nji ýyly Wawilon patyşasy Ewilmerodak tagta geçdi. Ol şol ýylyň 12⁠-⁠nji aýynyň 25⁠-⁠ne Ýahuda patyşasy Ýehoýakyna rehim edip, zyndandan boşatdy+. 32 Ol Ýehoýakyna ýagşylyk edip, Wawilondaky beýleki patyşalardan has köp hormat goýýardy. 33 Zyndandan çykan Ýehoýakyna täze lybas geýdirdiler. Ol ömrüniň ahyryna çenli patyşanyň saçagyndan iýip içdi. 34 Wawilon patyşasy oňa ömrüniň ahyryna çenli iýjek⁠-⁠içjegini ýetirip durdy.

Ýehowa beýgeldýär diýmegi aňladýan bolmaly.

Ýa⁠-⁠da: saýladym.

Sözme⁠-⁠söz: Oýa bolanyň.

Ýewreý dilinde badam agajy diýen jümle bilen oýa bolmak işliginiň düýp sözi birdir.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgini bildireniň.

Sözme⁠-⁠söz: taňry bolmadyk.

Ýa⁠-⁠da: Memfis.

Sözme⁠-⁠söz: başyňdaky täji gemrerler.

Ýagny Nil derýasynyň bir şahasy.

Ýagny Ýewfrat derýasy.

Ýa⁠-⁠da: soda. Kir ýuwulýan serişde.

Ýa⁠-⁠da: toý guşagyny.

Sözme⁠-⁠söz: arap.

Ysraýyl göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa⁠-⁠da: keseki taňrylar.

Başga manysy: äriňiz.

Sözlüge serediň.

Bu şahyrana jümle duýgudaşlygy görkezýän bolmaly.

Ýa⁠-⁠da: garawullar.

Sözme⁠-⁠söz: içegelerim.

Başga manysy: Hüjüm edýänleriň.

Ýa⁠-⁠da: Ökünmerin.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: ýüzleri.

Şu aýatda Hudaýa tabyn bolmagy aňladýar.

Başga manysy: Ol ýok.

Sözme⁠-⁠söz: ýüreksiz.

Sözme⁠-⁠söz: Hudaýymyzdan gorkalyň!

Sözme⁠-⁠söz: Hasyl möwsümini goraýar.

Sözme⁠-⁠söz: sünnetlenmedi.

Ýa⁠-⁠da: döwügini.

Ýa⁠-⁠da: Görkezmämden.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: büdredýän daş goýaryn.

Sözlüge serediň.

Ýagny Ýermeýa.

Zergärleriň metaly eretmek üçin ýel berip, kömri körükdirýän guraly.

Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.

Biwepa ysraýyllaryň sežde eden aýal taňrysy. Belki, hasyl taňrysydyr.

Ýa⁠-⁠da: Nezirlik saçyňy.

Ýa⁠-⁠da: agy aýdymyny aýt.

Sözlüge serediň: Jähennem.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: gögüň goşunlarynyň.

Başga manysy: durna.

Sözme⁠-⁠söz: Halkymyň gyzynyň.

Ýa⁠-⁠da: döwügini.

Ýa⁠-⁠da: agy aýdymyny.

Ýa⁠-⁠da: görkezmämden.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bilen.

11⁠-⁠nji aýat asyl nusgada arameý dilinde ýazylan.

Başga manysy: Bentleri açyp.

Sözme⁠-⁠söz: Paýy.

Ýa⁠-⁠da: miras hasasydyr.

Sözme⁠-⁠söz: demir eredýän peçden.

Ýa⁠-⁠da: Omyn!

Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.

Sözlüge serediň: Gurbanlyk ojagy.

Ýagny Ýahuda.

Ýagny ybadathanada berilýän gurbanlyklar.

Ýa⁠-⁠da: duýgulary. Sözme⁠-⁠söz: böwrekleri.

Ýa⁠-⁠da: Duýgusy. Sözme⁠-⁠söz: Böwregi.

Sözme⁠-⁠söz: dürli reňkli.

Ýa⁠-⁠da: Gymmatly.

Başga manysy: ýas tutdy.

Ýa⁠-⁠da: piňine⁠-⁠de.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: Kuşly; efiopiýaly.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: dört sany höküm.

Başga manysy: Yzyňa ýörediň.

Sözme⁠-⁠söz: ýurduň derwezelerinde.

Ýa⁠-⁠da: ýabak.

Başga manysy: Güneşi utanja galdy we masgara boldy.

Sözme⁠-⁠söz: Sözleriňi tapamda, olary iýdim.

Sözme⁠-⁠söz: agzym.

Ýa⁠-⁠da: Olara wepaly söýgimi bildirmerin.

Biwepa ysraýyllar butparazlaryň ýas däplerini berjaý eden bolmaly.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Meniň gaharymdan ýaňa ot kimin ýandyňyz.

Başga manysy: sagaldyp bolmaýar.

Ýa⁠-⁠da: Duýgulary. Sözme⁠-⁠söz: Böwrekleri.

Sözme⁠-⁠söz: Halkyň ogullarynyň.

Ýa⁠-⁠da: günortadan.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: ökünip.

Ýa⁠-⁠da: ekerin.

Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.

Ýa⁠-⁠da: görkezme berer.

Sözme⁠-⁠söz: eşidenleriň gulagy şaňlar.

Sözlüge serediň.

Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.

Sözme⁠-⁠söz: gögüň goşunlaryna.

Ýagny ele, aýaga we boýna salynýan gandal.

Manysy: Daş⁠-⁠töwerekdäki galyndy.

Manysy: Daş⁠-⁠töwerek gorkunç.

Ýa⁠-⁠da: duýgularyny. Sözme⁠-⁠söz: böwreklerini.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.

Şeýle⁠-⁠de oňa Ýehogahaz diýilýär.

Şeýle⁠-⁠de oňa Ýehoýakyn we Ýehonyýa diýilýär.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.

Sözme⁠-⁠söz: Ýer, ýer, ýer.

Ýa⁠-⁠da: mirasdüşer.

Ýa⁠-⁠da: imandan dänipdir.

Sözme⁠-⁠söz: Zalymlaryň ellerini berkidýärler.

Ýa⁠-⁠da: Olar size boş umyt berýärler.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.

Şeýle⁠-⁠de oňa Ýehoýakyn we Konyýa diýilýär.

Başga manysy: berkitme gurýanlaryny.

Ýa⁠-⁠da: çüýrük.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.

Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.

Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.

Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.

Wawilonyň gizlin ady bolmagy mümkin.

Sözme⁠-⁠söz: Süriniň.

Ýa⁠-⁠da: tagzym.

Ýa⁠-⁠da: ökünip.

Ýa⁠-⁠da: görkezmäme eýermeseňiz.

Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.

Ýa⁠-⁠da: ökünip.

Ýa⁠-⁠da: ýüzüni ýumşatjak bolmadymy?

Ýa⁠-⁠da: ökünip.

Sözme⁠-⁠söz: deňze.

Ýa⁠-⁠da: Goý, şeýle bolsun!

Başga manysy: berkitme gurýanlary.

Başga manysy: ýarylan.

Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.

Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.

Ýagny ele, aýaga we boýna salynýan gandal.

Başga manysy: abraýly.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: özüme çekdim.

Ýa⁠-⁠da: Gülýänler bilen tans edersiň.

Sözme⁠-⁠söz: küteldi.

Başga manysy: äri.

Ýa⁠-⁠da: ýagly kül. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.

Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa⁠-⁠da: ynsanlara wepaly söýgiňi bildirýärsiň.

Sözme⁠-⁠söz: maslahatlaryň.

Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.

Sözlüge serediň: Jähennem.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: hakykat.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: mirasdüşer.

Sözme⁠-⁠söz: tohumyny.

Sözme⁠-⁠söz: gögüň goşunlary.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.

Sözme⁠-⁠söz: Ýonadap. Ýehonadap adyň gysga görnüşi.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.

Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.

Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.

Ýa⁠-⁠da: naharhanasynda.

Ýa⁠-⁠da: köşk emeldarlary.

Şeýle⁠-⁠de oňa Ýehoýakyn we Ýehonyýa diýilýär.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.

Sözme⁠-⁠söz: esgerleriň we halkyň elini gowşadýar.

Ýa⁠-⁠da: emeldary.

Sözme⁠-⁠söz: aýagyňy batga batyrdylar.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.

Eýeleýän wezipesi bolmagy mümkin.

Ýa⁠-⁠da: rabsaris.

Ýa⁠-⁠da: baş jadygöý (müneçjim).

Başga manysy: olary mejbury işletmek.

Ýa⁠-⁠da: rabsaris.

Ýa⁠-⁠da: baş jadygöý (müneçjim).

Sözlüge serediň.

Başga manysy: uly howzuň.

Ýa⁠-⁠da: Men ökünip, betbagtçylyk indermerin.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezary. Başgaça aýdylyşy.

Ýa⁠-⁠da: Gün öýi (buthanasy), ýagny Heliopolis.

Ýa⁠-⁠da: heýkellerini.

Ýa⁠-⁠da: Memfisde.

Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.

Biwepa ysraýyllaryň sežde eden aýal taňrysy. Belki, hasyl taňrysy.

Ýa⁠-⁠da: ýatlatmalaryna.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.

Ýa⁠-⁠da: Sen özüňe köp zat soraýarsyň, beýle zatlara kowalaşma!

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.

Ýa⁠-⁠da: Memfisde.

Ýagny Müsüri boýun egdiren.

Ýa⁠-⁠da: Memfis.

Başga manysy: Haraba öwrüler.

Ýa⁠-⁠da: gögeýin. Awuly iňňesi bilen çakýan we gan sorýan uly gök siňege meňzeş ganatly möjejik.

Sözme⁠-⁠söz: gyzy.

Ýagny Fiwy.

Ýagny Krit.

Ýas tutanlarynda we masgara bolanlarynda saçyny syrýardylar.

Başga manysy: gury ýerde otur.

Sözme⁠-⁠söz: Mowabyň şahy döwüldi.

Sözlüge serediň.

Ýagny ýasda çalynýan tüýdük.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: esgerleriň sesi.

Sözlüge serediň.

Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.

Edom göz öňünde tutulýan bolmaly.

Ýa⁠-⁠da: islegini.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.

Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.

Ýa⁠-⁠da: dynç alýan ýerini.

Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.

Sözme⁠-⁠söz: dymdyrylar.

Ýa⁠-⁠da: olary satyn alan.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: islegini.

Haldeýiň gizlin ady bolmagy mümkin.

Sözme⁠-⁠söz: dul galdyrmady.

Başga manysy: ok salynýan gabyňyzy dolduryň!

Başga manysy: Bentleri açyp.

Sözme⁠-⁠söz: Paýy.

Başga manysy: Ol hatda miras hasasyny hem ýaradandyr.

Sowuk ýarag hökmünde ulanylýan ujy ýogyn taýak.

Ýa⁠-⁠da: düýp daşyny. Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.

Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.

Wawilonyň gizlin ady bolmagy mümkin.

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.

Ýa⁠-⁠da: hyzmatkäri.

Sözme⁠-⁠söz: deňzi.

Sözme⁠-⁠söz: deňzi.

Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Bir barmagyň ini 1,85 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş