MARKUSYŇ HOŞ HABARY
1 Hudaýyň Ogly Isa Mesih baradaky hoş habar şeýle başlanýar. 2 Işaýanyň pygamberliginde: «Seniň öňüňden habarçymy ýollaýaryn, ol saňa ýol taýýarlar+. 3 Çölde biriniň sesi eşidilýär: „Ýehowa* ýol taýýarlaň! Ýodalaryny dogrulaň!“» diýilýär+. 4 Suwa çümdürýän Ýahýa çöldedi. Ol adamlara: «Toba edip, suwa çümdüriliň. Şonda Hudaý günäleriňizi bagyşlar» diýip wagyz edýärdi+. 5 Tutuş Ýahudanyň we Iýerusalimiň halky onuň ýanyna gelýärdi. Olar günälerini boýun alýardylar, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda suwa çümdürýärdi+. 6 Ýahýanyň egninde düýe ýüňünden eşigi, bilinde deriden guşagy bardy+. Ol çekirtge we ary balyny iýýärdi+. 7 Ýahýa adamlara: «Menden has beýik adam gelýär. Men eglip, onuň çarygynyň* bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin+. 8 Men sizi suwa çümdürdim, emma ol sizi mukaddes ruh bilen çümdürer»+ diýip wagyz edýärdi.
9 Şol günler Isa Jeliläniň Nazaret şäherinden geldi, Ýahýa ony Iordan derýasynda suwa çümdürdi+. 10 Isa suwdan çykan badyna, gögüň açylandygyny we mukaddes ruhuň kepderi kimin üstüne inip gelýändigini gördi+. 11 Şonda gökden: «Sen meniň söýgüli Oglum, men senden razydyryn»+ diýen ses eşidildi.
12 Hudaýyň ruhy Isany derrew çöle alyp gitdi. 13 Isa 40 günläp çölde ýyrtyjy haýwanlaryň arasynda boldy, şonda Şeýtan ony synady+. Perişdeler bolsa Isa hyzmat etdiler+.
14 Ýahýa tussag edilende, Isa Jelilä gidip+, Hudaýyň hoş habaryny wagyz etdi+. 15 Ol: «Bellenen wagt geldi, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady. Toba ediň+, hoş habary kabul ediň» diýýärdi.
16 Isa Jelile deňziniň kenaryndan barýarka, deňze torlaryny zyňyp duran+ Simun bilen dogany Andreasy+ gördi. Olar balykçydy+. 17 Isa olara: «Meniň yzyma düşüň. Men sizi adam tutýan balykçy edeýin» diýdi+. 18 Olar şol bada torlaryny taşlap, Isanyň yzyna düşdüler+. 19 Isa biraz ýöränsoň, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýany gördi. Olar gaýykda torlaryny bejerip otyrdylar+. 20 Isa şol bada olary ýanyna çagyrdy. Olar hem kakasy Zebedeýi, hakyna tutan işçilerini we gaýygy goýup, Isanyň yzyna düşdüler. 21 Soňra olar Kapernawuma gitdiler.
Sabat güni* geldi, Isa sinagoga* baryp, adamlara öwredip başlady+. 22 Adamlar onuň öwredişine haýran galdylar, sebäbi ol kanunçylar ýaly däl-de, ygtyýarly adam ýaly öwredýärdi+. 23 Şol wagt sinagogada jynly adam bardy. Ol gygyryp: 24 «Eý nazaretli Isa, biziň bilen näme işiň bar?+ Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men bilýän, sen Hudaýyň Mukaddesi!»+ diýdi. 25 Isa jyna käýäp: «Kes sesiňi, onuň içinden çyk!» diýdi. 26 Jyn adamy titredip, gygyrdyp çykyp gitdi. 27 Adamlar muňa haýran galyp, biri-birine: «Bäh, ol täze zat öwredýärmi? Ol hatda jynlara-da buýruk berýär, olar hem gulak asýar» diýişdiler. 28 Tizden Isa hakdaky gürrüň Jeliläniň ähli ýerlerine ýaýrady.
29 Olar sinagogadan çykyp, Simun bilen dogany Andreasyň öýüne gitdiler. Ýakup bilen Ýahýa hem olaryň ýanyndady+. 30 Simunyň gaýynenesiniň+ gyzgyny galyp ýatyrdy. Olar muny Isa aýtdylar. 31 Isa onuň ýanyna bardy we elinden tutup, ýerinden turuzdy. Şonda aýalyň gyzgyny gaýtdy we myhmanlara hyzmat edip başlady.
32 Gün batyp, agşam düşende, Isanyň ýanyna syrkaw we jynly adamlary getirdiler+. 33 Şäheriň ilaty gapynyň agzyna üýşdi. 34 Isa dürli keselli adamlary sagaldyp+, ençeme jynlary kowup çykardy. Isa jynlara geplemäge rugsat bermeýärdi, sebäbi olar onuň Mesihdigini* bilýärdi.
35 Isa daň atmanka turup, daşary çykdy. Çola ýere gidip, doga etdi+. 36 Simun bilen beýleki şägirtler bolsa ony gözlemäge gitdiler. 37 Isany tapanlarynda: «Adamlar seni gözläp ýör» diýdiler. 38 Isa olara: «Ýörüň, başga ýere, golaýdaky şäherlere gideliň. Men ol ýerlerde-de wagyz etmeli, sebäbi şonuň üçin geldim»+ diýdi. 39 Şeýlelikde, ol tutuş Jelilä aýlanyp, sinagogalarda wagyz edýärdi we jynlary kowup çykarýardy+.
40 Isanyň ýanyna heýwere* keselli adam geldi. Ol dyza çökdi-de, ýalbaryp: «Sen isleseň, meni sagaldyp bilersiň» diýdi+. 41 Isanyň ýüregi awap, elini degirdi-de: «Elbetde, isleýärin!» diýdi+. 42 Ol adam şol bada heýwere keselinden sagalyp, tämiz boldy. 43 Isa oňa berk tabşyryp: 44 «Muny hiç kime aýdaýma, ýöne baryp, ruhana görün. Musanyň tämizlenmek baradaky tabşyrygyna görä, gurbanlyk ber+. Goý, ruhanylar sagalandygyňy görsün»+ diýdi. 45 Emma ol Isanyň ýanyndan gaýdyp, bolan zatlary hemmelere gürrüň berdi. Waka ähli ýere ýaýrapdy, şonuň üçin Isa şähere arkaýyn girip bilmän, çola ýerlerde bolýardy. Şonda-da ýanyna ähli ýerlerden adamlar gelýärdi+.
2 Birnäçe günden Isa ýene-de Kapernawuma bardy. Adamlar hem onuň gelendigini eşitdiler+. 2 Isanyň baran öýüne şeýle köp adam geldi welin, gapynyň agzynda-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň sözüni wagyz edip başlady+. 3 Şonda dört adam bir ysmazy göterip getirdi+. 4 Emma märeke köp bolansoň, olar öýe girip bilmediler. Olar Isanyň oturan jaýynyň üçegini açyp, ysmazy düşegi bilen aşak düşürdiler. 5 Isa olaryň imanyny görüp+, ysmaz adama: «Oglum, günäleriň bagyşlandy»+ diýdi. 6 Olaryň arasynda oturan kanunçylaryň käbiri içinden+: 7 «Ol näme üçin beýle diýýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär ahyryn. Hudaýdan başga günäleri bagyşlap bilýän barmy?»+ diýişdiler. 8 Emma Isa olaryň näme hakda pikir edýändiklerini aňyp: «Siz näme üçin erbet pikir edýärsiňiz?+ 9 Siziň pikiriňizçe, ysmaza „Günäleriň bagyşlandy“ diýmek aňsatmy ýa-da „Tur, düşegiňi alyp, ýöre!“ diýmek? 10 Emma siz Ynsan oglunyň+ günäleri bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyna+ düşünmegiňiz üçin...» diýdi-de, ysmaz adama: 11 «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi alyp, öýüňe gaýt» diýdi. 12 Ol turup, dessine düşegini aldy-da, hemmeleriň gözüniň alnynda ýöräp gitdi. Adamlar muňa haýran galyp: «Beýle zady heniz görmändik!»+ diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.
13 Isa ýene-de deňziň kenaryna bardy. Şonda uly märeke ýygnandy, Isa hem öwredip başlady. 14 Isa ýoldan geçip barýarka, salgythanada oturan Alfeýiň ogly Lewini görüp: «Meniň yzyma düş» diýdi. Ol hem ýerinden turup, Isanyň yzyna düşdi+. 15 Isa şägirtleri bilen Lewiniň öýünde nahar iýip otyrka*, ençeme salgytçylar we günäkärler gelip, saçak başyna geçdiler. Olaryň köpüsi Isanyň şägirdi boldy+. 16 Kanunçylar we fariseýler* Isanyň günäkärler hem-de salgytçylar bilen saçak başynda oturandygyny görüp, şägirtlerine: «Mugallymyňyz näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen nahar iýýär?» diýdiler. 17 Isa muny eşidip: «Lukman sagdyn adama däl, syrkawa gerek. Men hudaýhon* adamlary däl, günäkärleri çagyrmaga geldim»+ diýdi.
18 Ýahýanyň şägirtleri we fariseýler agyz bekleýärdiler. Bir gün olar Isanyň ýanyna gelip: «Ýahýanyň we fariseýleriň şägirtleri agyz bekleýär. Seniň şägirtleriň näme üçin agyz beklemeýär?»+ diýip soradylar. 19 Isa olara şeýle jogap berdi: «Öýlenýän ýigit+ ýanlarynda bolsa, dostlary agyz beklärmi? Elbetde, beklemezler. 20 Emma öýlenýän ýigit dostlaryndan aýra düşer+. Şonda olar agyz beklärler. 21 Hiç kim köne dona täze matadan ýama salmaz. Eger şeýle etse, täze mata girip, köne donuň ýyrtygyny has-da ulaldar+. 22 Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaýar. Eger guýaýsa, meşikler ýyrtylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Adamlar täze şeraby täze meşiklere guýýarlar».
23 Isa Sabat güni* bugdaýlygyň içinden ýöräp barýarka, şägirtleri bugdaý başlaryny ýolup iýýärdiler+. 24 Fariseýler Isa: «Şägirtleriň Sabat güni işläp näme üçin kanuny bozýar?» diýdiler. 25 Isa: «Siz Dawut bilen ýoldaşlarynyň iýmäge zady gutaranda we ajyganlarynda näme edendigini okamadyňyzmy?+ 26 Uly ruhany Abyýatar+ hakdaky maglumata görä, Dawut Hudaýyň öýüne baryp, Hudaýa hödürlenen çöregi iýdi, soňra ýoldaşlaryna-da berdi. Emma kanun boýunça şol çöregi diňe ruhanylar iýip bilýärdi»+ diýdi. 27 Soňra Isa: «Adam Sabat güni üçin däl, Sabat güni adam üçin döredildi+. 28 Ynsan ogly Sabat gününiň Hojaýyny»+ diýdi.
3 Isa ýene-de sinagoga bardy. Şol sinagogada eli ysmaz* adamy gördi+. 2 Fariseýler Isany aýyplamak isleýärdiler. Olar Sabat güni* ysmaz adamy sagaldarmyka diýip, Isadan gözüni aýyrman otyrdylar. 3 Isa eli ysmaz* adama: «Tur, orta çyk!» diýdi. 4 Isa fariseýlerden: «Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Adamy halas etmek dogrumy ýa-da öldürmek?»+ diýip sorady. Olar hiç zat jogap bermediler. 5 Isa adamlaryň doňýürekdigine+ örän gynandy. Ol töweregindäkilere gaharly seredip, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, eli sagaldy. 6 Fariseýler daşaryk çykyp, Isany öldürmek üçin Hirodesiň tarapdarlary+ bilen maslahatlaşdylar.
7 Isa şägirtleri bilen deňze tarap gitdi. Şonda Jelileden we Ýahudadan gelen uly märeke yzyna düşdi+. 8 Isanyň eden ençeme gudratlary hakda eşidip, ýanyna Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň gündogaryndan, Tir bilen Sidondan uly märeke geldi. 9 Märekäniň içinde gysylmaz ýaly, Isa şägirtlerine kiçi gaýyk taýýarlamagy tabşyrdy. 10 Isa köp adamlary sagaltdy, şol sebäpli agyr keselli adamlar elini degirjek bolup+, onuň ýanyna dykylyşyp barýardylar. 11 Hatda zalym ruhlar+ hem Isany görende, aýagyna ýykylyp: «Sen Hudaýyň Ogly»+ diýip gygyrýardylar. 12 Ýöne Isa özi hakda hiç kime gürrüň bermezligi gaýta-gaýta tabşyrdy+.
13 Isa daga çykyp, şägirtleriniň käbirini ýanyna çagyrdy+, olar hem bardylar+. 14 Isa 12 adamy saýlap, «resullar» diýip at goýdy. Olar Isanyň ýanynda bolmaga we wagyz etmäge saýlanypdy. 15 Isa resullaryna jynlary kowup çykarmaga-da ygtyýar berdi+.
16 Ine 12 resulyň ady+: Simun (Isa oňa Petrus hem diýýärdi)+, 17 Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýa (Isa olara Benireges hem diýýärdi, ýagny «gök gürrüldisiniň ogullary»+ diýmegi aňladýar), 18 Andreas, Filipus, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddewus, Simun Kananit* 19 we Isa dönüklik eden Iuda Iskariýot.
Isa bir öýe bardy. 20 Şonda ýene-de märeke ýygnandy. Adamlar şeýle bir köpdi welin, Isa şägirtleri bilen nahar hem iýip bilmedi. 21 Bolan zatlar hakda Isanyň dogan-garyndaşlary eşidende: «Ol akylyndan azaşypdyr» diýip, ony äkitmäge geldiler+. 22 Iýerusalimden gelen kanunçylar: «Onuň içinde Beýelzebul* bar. Ol jynlary jynlaryň hökümdarynyň kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler. 23 Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle mysal getirdi: «Şeýtan nädip öz-özüni kowup çykarsyn? 24 Eger bir patyşalygyň ilaty agzala bolsa, patyşalyk ýykylar+. 25 Ýa-da maşgalada agzalalyk bolsa, maşgala dargar. 26 Eger Şeýtan hem öz-özüne garşy çyksa, onuň patyşalygy berk bolmaz, ol ýykylar. 27 Eger biri güýçli adamyň öýüne girip, zadyny aljak bolsa, ilki el-aýagyny daňar, diňe şonda öýüni talap biler. 28 Bilip goýuň, adamlar näme günä etse-de, nähili gargyş aýtsa-da bagyşlanar. 29 Emma mukaddes ruha dil ýetiren adam hiç haçan bagyşlanmaz+. Ol ebedilik günäkär hasaplanar»+. 30 Isa mysaly «Onuň içinde zalym ruh bar» diýendikleri üçin aýtdy+.
31 Şol wagt Isanyň ejesi we doganlary+ geldi. Olar daşarda durup, Isany çagyrmak üçin adam iberdiler+. 32 Adamlar Isanyň daşyna üýşüp otyrdy. Şonda olar: «Ejeň bilen doganlaryň daşarda garaşyp dur»+ diýdiler. 33 Isa adamlara: «Meniň ejem we doganlarym kim?» diýdi. 34 Ol ýanynda oturanlary görkezip: «Ynha meniň ejem hem doganlarym!+ 35 Hudaýyň islegini berjaý edýän adam meniň doganym, uýam hem ejemdir»+ diýdi.
4 Isa deňziň kenaryna baryp, adamlara ýene-de öwredip başlady. Onuň ýanyna uly märeke ýygnandy. Ol gaýyga münüp, kenardan az-owlak daşlaşdy, adamlar bolsa deňziň kenarynda oturdy+. 2 Isa mysal getirip+, köp zatlary öwredip başlady+: 3 «Üns beriň! Bir daýhan ekin ekmäge gidýär+. 4 Ol tohum sepende, käbiri ýoluň gyrasyna düşdi, guşlar hem gelip tohumy iýdi. 5 Käbiri bolsa daşlyk topraga düşdi. Tohum çalt gögerdi, sebäbi topragy galyň däldi+. 6 Gün çykdy welin, olar güne ýanyp gurady, sebäbi köki berk däldi. 7 Käbir tohumlar ýandaklaryň arasyna düşdi. Ýandaklar ösüp, olary bogdy welin, tohum hasyl bermedi+. 8 Galan tohumlar bolsa mes topraga düşdi we gögerip, ösüp başlady. Olaryň käbiri 30, käbiri 60, käbiri bolsa 100 esse hasyl berdi»+. 9 Soňra Isa: «Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+ diýdi.
10 Märeke gaýdansoň, Isanyň 12 resuly we käbir şägirtleri mysallaryň manysyny soradylar+. 11 Isa olara: «Hudaý gökdäki Patyşalygynyň mukaddes syryny size düşündirýär+. Başgalar üçin bolsa aýdan zatlarym ýöne bir mysal bolup galýar+. 12 Olar seretse-de, görmeýärler, eşitse-de, düşünmeýärler. Olar hiç haçan yzyna dolanmaz, Hudaý hem olary bagyşlamaz»+ diýdi. 13 Soňra olara şeýle diýdi: «Siz şu mysala düşünmeýän bolsaňyz, beýleki mysallara nädip düşünersiňiz?
14 Daýhanyň sepýän tohumy Hudaýyň sözüdir+. 15 Ýoluň gyrasyna düşen tohumlar sözi eşiden adamlara meňzeýär. Olar sözi eşiden badyna, Şeýtan gelip+, ýüreklerine ekilen sözi sogrup alýar+. 16 Daşlyk topraga düşen tohumlar bolsa sözi eşiden badyna, ony şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr+. 17 Tohum olaryň ýüreginde kök urmansoň, az wagtlyk iman edýärler. Hudaýyň sözi sebäpli kynçylyklara ýa-da yzarlamalara duşanlarynda, imandan dänýärler. 18 Ýandaklaryň arasyna düşen tohumlar bolsa sözi eşitse-de+, 19 durmuşyň* gaýgy-aladasyna basylýan+, baýlygyň* yşkyna düşýän+ we her hili höweslere ýüregini berýän+ adamlardyr. Şol zatlar sözi bogup, hasyl bermeýär. 20 Emma mes topraga düşen tohumlar Hudaýyň sözüni eşidip, höwes bilen kabul edýän adamlardyr. Olaryň käbiri 30, käbiri 60, käbiri bolsa 100 esse hasyl berýär»+.
21 Soňra Isa şeýle diýdi: «Hiç kim çyrany sebediň ýa-da stoluň* aşagynda goýmaýar. Yşyk berer ýaly, ol şemdanyň üstünde goýulýar+. 22 Üsti açylmajak gizlin zat ýokdur. Näçe gizlin saklansa-da, bilinmejek zat ýokdur+. 23 Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+
24 Isa olara: «Eşidýän zatlaryňyza üns beriň+. Nähili ölçeg bilen ölçäp berseňiz, size-de şeýle ölçeg bilen ölçäp bererler, hatda artygy bilen hem bererler. 25 Kimde bar bolsa, oňa has köp berler+, emma kimde ýok bolsa, elindäkisi hem alnar»+ diýdi.
26 Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Hudaýyň Patyşalygy tohum sepýän daýhana meňzeýär. 27 Daýhan gije ýatýar, irden turýar, tohum bolsa gögerýär. Daýhan tohumyň nädip ösýänini bilmeýär. 28 Toprak öz-özünden hasyl berýär. Başda baldak ösýär, soňra baş çykýar, ahyrynda dänesi bişip ýetişýär. 29 Hasyl ýetişen badyna, daýhan ony orýar, sebäbi orak döwri gelip ýetdi».
30 Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzetse bolar? Ony haýsy mysal arkaly düşündirip bolar? 31 Ol gorçisa dänesi ýalydyr. Gorçisa dänesi tohumlaryň iň kiçisidir+. 32 Ýöne ösende, beýleki ösümliklerden has beýik bolýar. Şahalary şeýle bir ulalýar welin, guşlar onda höwürtge ýasaýar, saýasynda oturýar».
33 Isa olaryň düşünjesini göz öňünde tutup, Hudaýyň sözüni köp mysallar arkaly öwredýärdi+. 34 Ol hemişe mysallar getirip öwredýärdi. Ýöne şägirtlerine ähli zady aýratynlykda düşündirýärdi+.
35 Şol gün agşam Isa şägirtlerine: «Ýörüň, deňziň beýleki kenaryna geçeliň»+ diýdi. 36 Olar märekäni ugradyp, Isanyň oturan gaýygyna mündüler. Şol ýerde başga gaýyklar hem bardy+. 37 Birdenkä güýçli ýel turdy, tolkunlar gaýyga urup başlady. Gaýyk suwdan dolup barýardy+. 38 Emma Isa gaýygyň yzky tarapynda başyny ýassyga goýup, uklap ýatyrdy. Şägirtler Isany turzup: «Mugallym, göreňokmy, gark bolup barýarys!» diýdiler. 39 Isa ýerinden turup, ýele käýedi, soňra deňze: «Ýuwaş! Sem bol!»+ diýdi. Şonda ýel ýatyp, ümsümlik aralaşdy. 40 Isa olara: «Nämä gorkýaňyz? Entegem iman edeňizokmy?» diýdi. 41 Emma olar şonda-da gorkup, biri-birine: «Bu kimkä? Oňa ýelem, deňizem gulak asýar» diýişdiler+.
5 Isa şägirtleri bilen deňziň beýleki kenarynda ýerleşýän Gerasena welaýatyna bardy+. 2 Isa gaýykdan düşen badyna, mazarçylykdan bir jynly adam öňünden çykdy. 3 Ol mazarçylykda ýaşaýardy, şu wagta çenli ony hiç kim zynjyr bilen berk daňyp bilmändi. 4 Adamlar näçe gezek ellerini zynjyr bilen daňsalar-da, aýaklaryna gandal salsalar-da, zynjyrlary üzüp, gandallary döwýärdi. 5 Ol gije-gündiz mazarçylykda we daglarda gygyryp, özüni daş bilen urup ýaralaýardy. 6 Ol Isany uzakdan gören badyna ylgap geldi-de, öňünde dyza çökdi+. 7 Ol batly ses bilen: «Allatagalanyň Ogly, Isa! Meniň bilen näme işiň bar? Allanyň haky üçin meni gynama»+ diýdi. 8 Sebäbi Isa: «Zalym jyn, çyk onuň içinden»+ diýýärdi. 9 Isa: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Adym Goşun*, sebäbi biz köplük» diýip jogap berdi. 10 Ol Isa: «Jynlary ýurtdan kowup çykarma» diýip ýalbardy+.
11 Şol ýerdäki baýyrda doňuz+ sürüsini bakýardylar+. 12 Jynlar Isa: «Bizi şol doňuzlara kow, olaryň içine gireli» diýip ýalbardylar. 13 Isa olara rugsat berdi. Jynlar hem çykyp, doňuzlaryň içine girdiler, şonda 2 000-e golaý doňuz dazyrdaşyp, uçut gaýadan deňze böküp gark boldular. 14 Çopanlar bolsa şähere we obalara gaçyp gitdiler-de, bolan zatlary adamlara gürrüň berdiler. Olar hem ähli zady gözi bilen görmäge geldiler+. 15 Olar Isanyň ýanyna gelende, içinde birgiden jyn bolan adamyň egin-eşikli oturandygyny, akyl-huşunyň ýerindedigini görüp, juda gorkdular. 16 Şonda olara jynly adam we doňuzlar bilen näme bolandygyny görenler ähli zady gürrüň berdiler. 17 Olar Isa ýalbaryp, başga ýere gitmegi haýyş etdiler+.
18 Isa gaýyga münende, içinden jyn çykan adam: «Meni hem alyp gidäý» diýip ýalbardy+. 19 Isa rugsat bermän: «Öýüňe git, dogan-garyndaşlaryňa Ýehowanyň* rehimdarlygyny we saňa eden ähli zatlaryny gürrüň ber» diýdi. 20 Ol Dekapolisde* Isanyň eden ähli zatlaryny gürrüň berdi. Adamlar muňa haýran galdylar.
21 Isa ýene-de gaýykly deňziň beýleki kenaryna gitdi. Kenara ýetip gelýärkä, uly märeke ýygnandy+. 22 Isanyň ýanyna Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol sinagoga ýolbaşçylarynyň biridi. Ýaýrus Isany görüp, onuň aýagyna ýykyldy+. 23 Ol Isa: «Gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Ol ölmez ýaly, öýüme baryp, gyzymy sagaldaý*»+ diýip, köp ýalbardy. 24 Isa hem Ýaýrus bilen gitdi. Uly märeke bolsa yzyna düşüp, Isany dumly-duşdan gysyp barýardy.
25 Şol ýerde 12 ýyl bäri+ gan akma keselinden+ ejir çekýän bir aýal bardy. 26 Ol ençeme lukmanlaryň elinden görgi baryny görüp, ähli puluny sowdy. Emma hiç hili haýyr tapman, ýagdaýy öňküsindenem beterleşipdi. 27 Ol Isa hakda eşidipdi, şonuň üçin märekäniň içinden geçip, onuň arkasyndan geldi-de, donuna elini degirdi+. 28 Sebäbi ol içinden: «Donuna elimi degirsemem sagalaryn» diýýärdi+. 29 Şol bada onuň gan akmasy kesilip, agyr derdinden gutulandygyny duýdy.
30 Isa özünden güýjüň gidendigini duýup+, yzyndan gelýän märekä seretdi-de: «Kim donuma elini degirdi?»+ diýdi. 31 Şägirtleri bolsa oňa şeýle diýdiler: «Märekäniň gysyp barýandygyny görüp dursuň ahyryn. Şonda-da: „Maňa kim elini degirdi?“ diýýärsiň». 32 Emma Isa kimiň el degrenini biljek bolup, daş-töweregine seretdi. 33 Aýal sagalandygyny duýup, gorkudan ýaňa titräp, Isanyň ýanyna geldi-de, dyza çöküp, ähli zady gürrüň berdi. 34 Isa: «Gyzym, seni imanyň sagaltdy. Sag-aman gaýt+, agyr derdiňden gutuldyň»+ diýdi.
35 Isa gepläp durka, sinagoga ýolbaşçysynyň öýünden adamlar geldi. Olar Ýaýrusa: «Gyzyň aradan çykdy. Mugallymy alada goýup oturma» diýdiler+. 36 Isa olaryň aýdanyny eşidip, sinagoga ýolbaşçysyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi+. 37 Soňra ol diňe Petrusy, Ýakuby we dogany Ýahýany ýany bilen alyp gitdi+.
38 Olar sinagoga ýolbaşçysynyň öýüne gelenlerinde, Isa adamlaryň dady-perýat edip, aglaşyp oturandygyny gördi+. 39 Isa öýe girip: «Siz näme aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölmedi, uklap ýatyr»+ diýdi. 40 Şonda adamlar Isany ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar. Emma ol adamlary daşaryk çykaryp, çaganyň kakasy, ejesi we ýanyndaky şägirtleri bilen gyzjagazyň ýatan otagyna girdi. 41 Soňra gyzjagazyň elinden tutup: «Talita kumi!», ýagny «Gyzjagaz, saňa diýýärin, tur!»+ diýdi. 42 Gyzjagaz şol bada ýerinden turup, ýöräp başlady. Ene-atasy muňa örän begendi. Gyzjagaz 12 ýaşyndady. 43 Isa olara muny hiç kime aýtmazlygy berk tabşyryp+, gyza nahar bermegi haýyş etdi.
6 Isa ol ýerden gaýdyp, şägirtleri bilen önüp-ösen şäherine geldi+. 2 Ol Sabat güni* sinagogada öwredip başlady. Isany diňleýän adamlaryň köpüsi haýran galyp: «Ol beýle zatlary nireden bilýär?+ Beýle akyldarlygy kim berdikä? Gudratlary görkezmäge güýji kim berdikä?+ 3 Ol agaç ussasy+ dälmi näme? Ol Merýemiň ogly+ ahyry. Ol Ýakubyň+, Ýusubyň, Ýahudanyň we Simunyň agasy dälmi?+ Gyz jigileri hem biziň şäherimizde ýaşamaýarmy?» diýdiler. Şeýlelikde, ildeşleri oňa iman etmediler*. 4 Isa olara: «Dogduk mekanynda, öýünde we garyndaşlarynyň arasynda pygamberiň gadyry bilinmez»+ diýdi. 5 Şonuň üçin Isa birnäçe syrkaw adamyň üstüne elini goýup sagaltdy, ýöne başga hiç hili gudrat görkezmedi. 6 Isa olaryň iman etmeýändigine geň galdy. Şeýlelikde, ol şol töwerekdäki obalara aýlanyp, adamlara öwretdi+.
7 Isa 12 resulyny çagyryp, olary iki-ikiden wagyz etmäge ugratdy+. Isa olara jynlary kowmaga-da ygtyýar berdi+. 8 Ol şägirtlerine hasadan başga hiç zat almazlygy tabşyrdy: ne çörek, ne torba, ne-de pul+. 9 Ol aýagyna çaryk geýmegi, ýöne eşik almazlygy tabşyrdy. 10 Isa olara: «Haýsy öýe barsaňyz, gaýdýançaňyz, şol ýerde boluň+. 11 Haýsy ýerde sizi kabul etmeseler ýa-da diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, duýduryş hökmünde aýagyňyzyň tozanyny kakyň»+ diýdi. 12 Şonda şägirtler gidip, adamlara toba ediň diýip wagyz etdiler+. 13 Olar ençeme jynlary kowup çykardylar+, köp syrkawlary ýag çalyp sagaltdylar.
14 Bolýan zatlary Hirodes patyşa hem eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy hemme ýere ýaýrapdy. Adamlar ol barada: «Suwa çümdürýän Ýahýa direlipdir, şonuň üçin şeýle gudratlary edip bilýär»+ diýýärdiler. 15 Käbiri: «Ol Ylýas pygamber» diýse, başgalar: «Ol gadymy döwürdäki pygamberler ýaly pygamberdir»+ diýişýärdi. 16 Hirodes muny eşidip: «Ol Ýahýa bolmaly, men onuň başyny alypdym. Ol direlipdir» diýdi. 17 Hirodes dogany Filipusyň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ol Hirodiýanyň göwnünden turmak üçin, adamlaryny iberip, Ýahýany tussag edipdi, zynjyra baglap, türmä basypdy+. 18 Sebäbi Ýahýa Hirodese: «Sen doganyň aýalyna öýlenip, kanuny bozýarsyň»+ diýerdi. 19 Hirodiýa Ýahýa diýseň gaharlydy, şonuň üçin ony öldürmek isleýärdi, ýöne mümkinçilik tapmaýardy. 20 Hirodes bolsa Ýahýadan gorkýardy, sebäbi onuň dogruçyl hem hudaýhon adamdygyny+ bilýärdi. Şonuň üçin Ýahýany gorap gezerdi. Ol Ýahýanyň gürrüňlerini diňlese-de, näme etjegini bilmeýärdi, ýöne şonda-da höwes bilen diňlärdi.
21 Hirodes doglan güni mynasybetli toý tutanda+, Hirodiýa üçin amatly pursat döredi. Toýa ýokary wezipeli adamlar, goşun serkerdeleri we Jeliläniň atly-abraýly adamlary gelipdi+. 22 Hirodiýanyň gyzy içeri girip, tans etdi. Hirodesiň, myhmanlaryň göwnünden turdy. Şonda patyşa gyza: «Islän zadyňy sora, bereýin» diýdi. 23 Patyşa ant içip: «Näme isleseň-de, patyşalygymyň ýarysyny dileseň-de bererin» diýdi. 24 Gyz ejesiniň ýanyna baryp: «Näme soraýyn?» diýdi. Ejesi: «Suwa çümdürýän Ýahýanyň kellesini» diýdi. 25 Gyz derrew patyşanyň ýanyna baryp: «Maňa suwa çümdürýän Ýahýanyň kellesini häziriň özünde tabaga salyp getirip beriň»+ diýdi. 26 Patyşa muňa örän gynandy, ýöne myhmanlaryň* öňünde ant içendigi üçin sözünde durmaly boldy. 27 Şonda patyşa dessine jellat iberip, Ýahýanyň kellesini kesip getirmegi buýurdy. Jellat türmä baryp, Ýahýanyň kellesini kesdi-de, 28 tabaga salyp, gyza getirip berdi. Gyz hem ejesine eltip berdi. 29 Ýahýanyň şägirtleri muny eşidip geldiler-de, ony äkidip jaýladylar.
30 Resullar Isanyň ýanyna gelip, öz eden işlerini we öwreden zatlaryny gürrüň berdiler+. 31 Isa olara: «Ýörüň, çola ýere gidip, biraz dynç alalyň»+ diýdi. Gelip-gidýän adamlar köp bolansoň, olaryň nahar iýmäge-de wagtlary ýokdy. 32 Olar gaýyga münüp, çola ýere gitdiler+. 33 Emma adamlar olaryň gidip barýanyny gördüler, muny başgalar hem eşitdi. Şonda ähli şäherlerden adamlar ylgaşyp, olaryň özlerinden hem öň bardylar. 34 Isa gaýykdan düşende, uly märekäni görüp, ýüregi awady+. Sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy+. Isa adamlara köp zatlary öwredip başlady+.
35 Şägirtler öýlän Isanyň ýanyna gelip: «Bäri çola, wagtam giç boldy+. 36 Goý, adamlar golaýdaky bazarlara we obalara gidip, iýere zat satyn alsynlar»+ diýdiler. 37 Isa: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Şonda şägirtleri: «Gidip, 200 teňňelik* çörek satyn alalymy?» diýdiler+. 38 Isa: «Näçe çöregiňiz bar? Baryň, görüň!» diýdi. Olar gelip: «Bäş çörek bilen iki balyk bar eken»+ diýdiler. 39 Şonda Isa adamlary toparlara bölüp, otuň üstünde oturtdy+. 40 Olar hem ýüz-ýüzden we elli-elliden oturdylar. 41 Isa bäş çörek bilen iki balygy aldy-da, göge bakyp doga etdi+. Soňra çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtler hem olary adamlaryň öňünde goýdular. Isa iki balygy-da hemmelere bölüp berdi. 42 Adamlar iýip doýdular. 43 Balyklary hasaba almanyňda, galan çörekleri ýygnanlarynda 12 sebet doldy+. 44 Çöregi 5 000 erkek adam iýdi.
45 Isa şägirtlerine derrew gaýyga münüp, beýleki kenara, ýagny Beýtsaýda tarapa geçmegi tabşyrdy. Özi bolsa märekäni ugratmak üçin galdy+. 46 Isa adamlar bilen hoşlaşyp, doga etmek üçin daga gitdi+. 47 Agşam düşende, gaýyk deňziň ortasyna ýetipdi. Isa bolsa entegem dagdady+. 48 Soňra Isa şägirtleriň kynlyk bilen kürekläp barýanyny gördi, sebäbi ýel olara garşy öwüsýärdi. Takmynan gijäniň dördünji nobatynda* Isa deňziň ýüzünden ýöräp, gaýyga golaý bardy, ýöne deňinden geçip gitjek ýaly bolup göründi. 49 Olar Isanyň deňziň ýüzünden ýöräp gelýänini görüp: «Bu ne alamat!» diýip gygyryşdylar. 50 Olar Isany görüp gorkdular. Isa derrew şägirtlerine: «Gorkmaň! Bu men, batyr boluň»+ diýdi. 51 Soňra ol gaýyga mündi, ýel hem ýatdy. Olar muňa haýran galdylar. 52 Olar Isanyň bäş çörek bilen görkezen gudratyndan hiç hili sapak edinmändirler, sebäbi manysyna entegem düşünmeýärdiler.
53 Olar deňziň beýleki tarapyna geçip, Genesarete geldiler we gaýygy kenara golaý daňyp goýdular+. 54 Olar gaýykdan düşen badyna, adamlar Isany tanadylar. 55 Olar daş-töwerege ylgap gitdiler-de, Isanyň ýanyna syrkawlary düşekleri bilen getirip başladylar. 56 Isa obalara, şäherlere, nirä barsa-da, adamlar syrkawlaryny şol ýeriň bazarlarynda ýatyryp goýýardylar. Soňra Isadan donunyň etegine elini degirmäge+ rugsat soraýardylar. Elini degrenleriň hemmesi sagalýardy.
7 Iýerusalimden gelen fariseýler we kanunçylaryň käbiri Isanyň daşyna üýşdüler+. 2 Olar Isanyň käbir şägirtleriniň hapa, ýagny ýuwulmadyk eli bilen nahar iýýändigini gördüler. 3 Aslynda, fariseýler we ähli ýehudylar ata-babalarynyň däp-dessuryna eýerip, elini tirsegine çenli ýuwup, soňra nahar iýýärdiler. 4 Bazardan gelenlerinde-de, ýuwunman nahar iýmezdiler. Olar başga-da köp däp-dessurlary gyşarnyksyz berjaý edýärdiler, käseleri, küýzeleri we mis gaplary suwa batyryp çykarýardylar+. 5 Fariseýler we kanunçylar Isadan: «Şägirtleriň ata-babalaryň däp-dessuryny berjaý etmän näme üçin hapa elleri bilen nahar iýýärler?» diýip soradylar+. 6 Isa olara: «Eý ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda dogry aýdypdyr: „Halk maňa diňe dilinde sarpa goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr+. 7 Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler“+. 8 Siz Hudaýyň tabşyrygyndan el çekip, adamlaryň däp-dessurlaryna berk ýapyşýarsyňyz»+ diýdi.
9 Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Siz däp-dessurlaryňyzy berjaý etmek üçin, Hudaýyň tabşyrygyndan mekirlik bilen ýüz öwürýärsiňiz+. 10 Meselem, Musa pygamber „Ene-ataňa hormat goý“+ we „Ene-atasyna sögen* adam öldürilsin“+ diýipdi. 11 Siz bolsa: „Ene-atasyna: „Size kömek ederdim welin, bar zadymy Hudaýa gurban* etdim“ diýen adama 12 ene-atasyna kömek etmäge rugsat bermeýärsiňiz+. 13 Şeýdip, siz nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlary wajyp hasaplap, Hudaýyň sözüne eýermeýärsiňiz+. Siz şuňa meňzeş başga-da köp zatlary edýärsiňiz»+. 14 Soňra Isa märekäni ýene-de ýanyna çagyryp: «Meni diňläň, aýtjak zatlarymyň manysyna düşünjek boluň+. 15 Adamy iýýän zady haram etmeýär, ýüreginden çykýan zat haram edýär»+ diýdi. 16 *——
17 Isa märekäniň ýanyndan gaýdyp, öýe girende, şägirtleri mysalyň manysyny soradylar+. 18 Isa olara: «Sizem düşünmediňizmi? Adamy iýýän zadynyň haram etmeýändigini bileňizokmy? 19 Adamyň iýen zady ýüregine däl-de, garnyna baryp, soňra täret edende çykýar» diýdi. Şeýdip, Isa ähli zadyň halaldygyny aýtdy. 20 Ol ýene-de: «Adamy ýüreginden çykýan zat haram edýär+. 21 Sebäbi erbet pikirler: ahlaksyzlyk*, ogurlyk, ganhorlyk, 22 zyna, açgözlük, zalymlyk, aldawçylyk, haýasyz işler*, göriplik, erbet sözler, tekepbirlik we akylsyzlyk adamyň ýüreginden çykýandyr+. 23 Şeýle erbet zatlar ýürekden çykyp, adamy haram edýändir» diýdi.
24 Isa ol ýerden gaýdyp, Tir bilen Sidona gitdi+. Ol özüniň gelendigini hiç kimiň bilmegini islemän, bir öýe bardy. Emma onuň gelendigini şonda-da bildiler. 25 Şol ýerde gyzjagazy jynly bir aýal bardy. Ol Isa hakda eşiden badyna gelip, aýagyna ýykyldy+. 26 Ol aýal grekdi, Siriýanyň çäginde ýerleşýän Finikiýada ýaşaýardy. Ol Isadan gyzyndaky jyny çykarmagy gaýta-gaýta haýyş etdi. 27 Isa oňa: «Ilki çagalar iýip doýmaly. Çagalaryň çöregini agzyndan alyp, güjüklere bermek dogry däl ahyryn!»+ diýdi. 28 Aýal bolsa: «Agam, dogry aýdýaň! Ýöne güjükler hem çagalaryň agzyndan gaçan owuntyklary iýýär ahyryn» diýdi. 29 Isa oňa: «Şeýle diýeniň üçin sag-aman öýüňe gaýt, jyn gyzyňdan çykdy»+ diýdi. 30 Aýal öýüne gaýtdy. Baryp görse, gyzy düşekde ýatyr, jyn bolsa içinden çykypdyr+.
31 Isa Tirden gaýdansoň, Sidonyň we Dekapolisiň* içi bilen Jelile deňzine gitdi+. 32 Şonda Isanyň ýanyna ker we sakaw adamy getirip+, üstüne elini goýmagy haýyş etdiler. 33 Isa ony märekeden çete çykardy. Barmaklaryny onuň gulaklaryna sokdy. Soňra tüýkürdi-de, onuň diline elini degirdi+. 34 Soňra göge bakyp, uludan demini aldy-da: «Effafa!», ýagny «Açyl!» diýdi. 35 Şonda adamyň gulagy açyldy+, sakawlaman gepläp başlady. 36 Isa muny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy+. Emma olara näçe tabşyrsa-da, şonça-da ol hakda köp gürrüň edýärdiler+. 37 Adamlar haýran galyp+: «Ol täsin işleri edýär. Ol hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar»+ diýişýärdiler.
8 Şol günler Isanyň ýanyna ýene-de uly märeke ýygnandy. Olaryň iýmäge hiç zady galmansoň, Isa şägirtlerini çagyryp: 2 «Märeke üç günden bäri ýanymdan aýrylanok, olara ýüregim awaýar+, iýere zatlary ýok+. 3 Olary öýlerine aç goýberesim gelenok, sebäbi ýolda ysgyndan gaçarlar. Käbiri bolsa gaty uzakdan gelipdir» diýdi. 4 Şägirtleri oňa: «Çola ýerde şunça adamy doýurmak üçin çöregi nireden tapaly?» diýdiler. 5 Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi» diýip jogap berdiler+. 6 Şonda Isa märekäni ýerde oturtdy. Soňra ýedi çöregi alyp, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtler bolsa märekä paýladylar+. 7 Olaryň birnäçe kiçi balygy hem bardy. Isa Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, balyklary hem paýlamagy tabşyrdy. 8 Adamlar iýip doýandan soň, galan bölekleri ýygnadylar. Şonda ýedi uly sebet doldy+. 9 Ol ýerde 4 000-e golaý erkek adam bardy. Soňra Isa olary öýlerine ugratdy.
10 Isa şägirtleri bilen derrew gaýyga münüp, Dalmanuta gitdi+. 11 Fariseýler Isanyň ýanyna gelip, jedelleşip başladylar. Olar Isany synajak bolup, gökden bir alamat görkezmegi talap etdiler+. 12 Isa uludan demini alyp: «Şu nesil näme üçin alamat isleýär?+ Size hakykaty aýdýaryn, olara hiç hili alamat görkezilmez»+ diýdi. 13 Soňra ol fariseýleriň ýanyndan gaýdyp, ýene-de gaýyga mündi-de, deňziň beýleki kenaryna geçdi.
14 Şägirtleri bolsa ýany bilen çörek almagy ýatdan çykarypdyrlar. Gaýykda ýekeje çörekden başga iýere zat ýokdy+. 15 Isa olara: «Hüşgär boluň, fariseýleriň we Hirodesiň hamyrmaýasyndan seresap boluň»+ diýip duýdurdy. 16 Şonda şägirtleri çörek almandyklary üçin dawalaşyp başladylar. 17 Isa muny bilip: «Çörek ýok diýip näme üçin dawalaşýarsyňyz? Siz henizem düşünmediňizmi? Ýa düşünmek şeýle kynmy? 18 „Gözüňiz bolsa-da, görmeýärsiňizmi? Gulagyňyz bolsa-da, eşitmeýärsiňizmi?“ Ýadyňyzda bolsa, 19 bäş çöregi+ 5 000 erkek adama bölüp beripdim. Şonda galan çöreklerden näçe sebet dolupdy?» diýdi. Olar: «On iki»+ diýdiler. 20 Isa: «Ýedi çöregi 4 000 erkek adama bölüp berenimde, galan çöreklerden näçe uly sebet doldy?» diýip sorady. Olar: «Ýedi»+ diýdiler. 21 Şonda Isa: «Aýdanlarymyň manysyna henizem düşünmediňizmi?» diýdi.
22 Olar Beýtsaýda baranlarynda, Isanyň ýanyna kör adamy getirdiler. Olar Isa ýalbaryp, körüň gözüni açmagy haýyş etdiler+. 23 Isa onuň elinden tutup, obadan çykardy. Soňra onuň gözlerine tüýkürip+, ellerini goýdy-da: «Näme görýäň?» diýip sorady. 24 Ol töweregine seredip: «Men adamlary görýän, olar agaja meňzeýär, ýöne ýöräp barýarlar» diýdi. 25 Isa ýene-de elini onuň gözlerine goýdy. Şonda körüň gözi açylyp, ähli zady aýdyň görüp başlady. 26 Isa ony öýüne ugradyp: «Oba barma» diýdi.
27 Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filipi obalaryna barýarka, olardan: «Adamlar maňa kim diýýär?»+ diýip sorady. 28 Olar: «Suwa çümdürýän Ýahýa+, käbiri Ylýas+, käbiri bolsa pygamberleriň biridir diýýärler» diýip jogap berdiler. 29 Ol: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesih»+ diýip jogap berdi. 30 Şonda Isa olara Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy+. 31 Şeýle-de Isa Ynsan oglunyň köp görgi görjekdigini, ýaşulularyň, uly ruhanylaryň, kanunçylaryň ýüz öwürjekdigini, adamlaryň bolsa ony öldürjekdigini, ýöne üç günden direljekdigini gürrüň berdi+. 32 Isa ähli zady açyk aýtdy. Şonda Petrus Isany bir gyra çekip, garşy çykyp başlady+. 33 Isa ondan öwrüldi-de, şägirtlerine seredip, Petrusa: «Çekil öňümden, Şeýtan! Sen Hudaýyň isleýşi ýaly däl-de, adamlar ýaly pikirlenýärsiň»+ diýip käýedi.
34 Isa märekäni we şägirtlerini çagyryp: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni* alyp, hemişe yzyma düşsün+. 35 Kim janyny* halas etmek islese, ony ýitirer. Meniň ugrumda we Patyşalyk baradaky hoş habar üçin janyny ýitiren ony halas eder+. 36 Adam dünýäniň bar mal-mülküni edinse-de, janyny* ýitirse näme peýdasy bar?+ 37 Eýsem adam janyna* derek näme berip biler?+ 38 Şu biwepa* we günäli nesliň arasynda kim meniň şägirdimdigine, sözlerime ynanýandygyna utansa, Ynsan ogly-da mukaddes perişdeler bilen Atasynyň şan-şöhratynda gelende+, oňa şägirdim diýmäge utanar»+ diýdi.
9 Isa şägirtlerine: «Size hakykaty aýdýaryn, şu ýerdäkileriň käbiri Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigini görmän ölmez»+ diýdi. 2 Alty günden Isa Petrusy, Ýakuby we Ýahýany alyp, bir beýik daga çykdy. Şonda olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi üýtgedi+. 3 Onuň egin-eşigi ap-ak bolup şöhle saçýardy. Ýer ýüzünde hiç kim eşigi şeýle agardyp bilmese gerek. 4 Şägirtler Ylýas bilen Musany hem gördüler, olar Isa bilen gepleşip durdylar. 5 Şonda Petrus Isa ýüzlenip: «Mugallym*, bäri gowy ekeni. Rugsat berseň, üç çadyr guraly: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi. 6 Petrus näme diýjegini bilmeýärdi, sebäbi şägirtler juda gorkupdylar. 7 Şonda olaryň daşyny bulut gurşady. Bulutdan: «Ine meniň söýgüli Oglum+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi+. 8 Olar töweregine seredende, Isadan başga hiç kimi görmediler.
9 Isa şägirtleri bilen dagdan düşüp gelýärkä, Ynsan ogly direlýänçä, gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy+. 10 Olar Isanyň tabşyrygyny ýürekden kabul etdiler*. Ýöne Isanyň direlmeginiň näme aňladýandygy hakda özara gürrüň edýärdiler. 11 Şägirtler Isadan: «Näme üçin kanunçylar ilki Ylýas+ gelmeli diýýärler?» diýip soradylar+. 12 Isa: «Hawa, ilki Ylýas gelmeli we ähli zatlary düzetmelidi+. Onda näme üçin Ynsan ogly köp görgi görer+ we inkär ediler+ diýip ýazylgy? 13 Men size diýýärin, Ylýas eýýäm geldi+. Ýöne ýazylyşy ýaly, olar Ylýasa islänini etdiler»+ diýip jogap berdi.
14 Şeýlelikde, olar beýleki şägirtleriň ýanyna bardylar. Görseler, şägirtleriň daşyna uly märeke üýşüpdir. Kanunçylar olar bilen jedelleşip durdylar+. 15 Adamlar Isanyň gelýändigini görüp haýran galdylar we salamlaşmak üçin ylgap bardylar. 16 Isa: «Näme hakda jedelleşýäňiz?» diýip sorady. 17 Adamlaryň biri: «Mugallym, oglumy getirdim, içinde jyn bar. Jyn oglumy lal etdi+. 18 Oglumyň tutgaýy tutanda agzy köpürjikläp, dişini gyjaýar, halys ysgyndan gaçýar. Onuň içinden jyny çykarmagy şägirtleriňden haýyş etdim, ýöne başarmadylar» diýdi. 19 Isa: «Eý imansyz nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Oglany ýanyma getiriň»+ diýdi. 20 Olar oglany Isanyň ýanyna getirdiler. Jyn Isany gören badyna, oglanyň tutgaýyny tutdurdy. Oglan ýykylyp, iki ýana urundy we agzy köpürjikläp başlady. 21 Isa onuň kakasyndan: «Ogluň haçandan bäri ejir çekýär?» diýip sorady. Ol: «Çagalygyndan bäri. 22 Jyn ony käte oda, käte suwa urup öldürjek bolýar. Bize rehim et, ony sagaldyp bilýän bolsaň, kömek et» diýdi. 23 Isa oňa: «Näme üçin „sagaldyp bilýän bolsaň“ diýýärsiň? Iman edýän üçin ähli zat mümkindir»+ diýdi. 24 Oglanyň kakasy şol bada gygyryp: «Iman edýärin! Eger imanym gowşak bolsa, ony berkit»+ diýdi.
25 Isa adamlaryň ylgaşyp gelýänini görüp, jyna käýedi. Ol: «Eý lal we ker edýän jyn! Saňa buýurýaryn, oglandan çyk-da, gaýdyp girme»+ diýdi. 26 Jyn oglanyň tutgaýyny tutduryp, gygyryp içinden çykdy. Oglan ýerde öli ýaly ýatyrdy. Adamlaryň köpüsi: «Oglan öldi!» diýişdiler. 27 Isa oglanyň elinden tutup ýerinden galdyrdy. Oglan ýerinden turdy. 28 Soňra Isa şägirtleri bilen öýe girdi. Olar ýeke galanlarynda şägirtleri: «Biz näme üçin jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar+. 29 Isa: «Şeýle jyny diňe doga-dilegiň kömegi bilen çykaryp bolýar» diýdi.
30 Soňra Isa şägirtleri bilen ol ýerden gaýtdy. Olar Jeliläniň üstünden geçdiler. Ýöne Isa özüniň nirededigini hiç kimiň bilmegini islemeýärdi. 31 Sebäbi ol şägirtlerine tälim bermek isleýärdi. Isa: «Ynsan ogly duşmanlaryň eline berler. Olar ony öldürerler+, ýöne üç günden direler»+ diýdi. 32 Şägirtleri onuň aýdanlaryna düşünmediler, sorag bermäge-de çekindiler.
33 Isa şägirtleri bilen Kapernawuma geldi. Olar öýe girenlerinde, Isa: «Ýolda näme hakda jedelleşdiňiz?»+ diýip sorady. 34 Olar hiç zat jogap bermediler, sebäbi kimiň uludygy hakda jedelleşipdiler. 35 Şonda Isa oturyp, 12 resulyny çagyrdy-da: «Kim uly bolmak islese, hemmelerden kiçi bolmaly we adamlara hyzmat etmeli»+ diýdi. 36 Isa bir çagany çagyryp, şägirtleriniň öňünde duruzdy-da, çagany gujaklap: 37 «Meniň hatyrama kim şeýle çagany kabul etse+, meni kabul edýändir. Kim meni kabul etse, diňe meni däl, meni Ibereni-de kabul edýändir»+ diýdi.
38 Ýahýa oňa: «Mugallym, bir adam seniň adyň bilen jynlary çykarýan ekeni. Biz oňa gadagan etjek bolduk, sebäbi ol yzymyza düşenok»+ diýdi. 39 Isa olara şeýle diýdi: «Oňa degmäň, sebäbi meniň adym bilen gudrat görkezýän adam men hakda hiç hili erbet zat aýtmaz. 40 Bize garşy çykmadyk adam biziň tarapymyzdadyr+. 41 Size hakykaty aýdýaryn, Mesihiň şägirdi bolanyňyz üçin bir käse suw beren adam sylagsyz galmaz+. 42 Emma kim maňa iman edýän pesgöwünli adamlardan biriniň imanyny gowşatsa*, onda boýnuna degirmen daşyny asyp, deňizde gark bolany has gowy bolardy+.
43 Eliň günä etdirýän* bolsa, kesip taşla. Iki eliň bolubam Jähenneme*, sönmeýän oda taşlananyňdan, bir elsiz ýaşaýşa gowşanyň gowudyr+. 44 *—— 45 Eger aýagyň günä etdirýän* bolsa, kesip taşla. Iki aýagyň bolubam Jähenneme*+ taşlananyňdan, bir aýaksyz ýaşaýşa gowşanyň gowudyr. 46 *—— 47 Eger gözüň günä etdirýän* bolsa, oýup taşla+. Iki gözli bolup Jähenneme* taşlananyňdan, bir gözli bolup Hudaýyň Patyşalygyna gireniň gowudyr+. 48 Jähennemde ne gurçuk ölýändir, ne-de ot sönýändir+.
49 Nahara duz sepilişi ýaly, her bir adamyň üstüne hem ot sepiler+. 50 Duz gowy zat, ýöne ol tagamyny ýitirse, ony ýene-de nädip tagamly edip bolar?+ Duz ýaly tagamly boluň+, biri-biriňiz bilen agzybir ýaşaň»+.
10 Soňra Isa Iordandan geçip, Ýahudanyň çäklerine bardy. Şonda ýanyna ýene-de märeke ýygnandy, ol hem hemişekisi ýaly adamlara öwredip başlady+. 2 Fariseýler bolsa Isany synamak üçin: «Erkek adama aýaly bilen aýrylyşmaga rugsat berilýärmi?»+ diýip soradylar. 3 Isa: «Musa pygamber size nähili tabşyryk berdi?» diýip sorady. 4 Olar: «Musa aýala talak hatyny berip, aýrylyşmaga rugsat berýär»+ diýdiler. 5 Isa olara: «Siziň doňýürek bolanyňyz üçin, Musa şeýle tabşyryk berdi+. 6 Emma Alla ilkibaşda ynsany „erkek we aýal edip ýaratdy+. 7 Şol sebäpli erkek adam ene-atasyny goýup+, 8 aýaly bilen bir beden bolar“+. Indi olar iki däl, bir bedendir. 9 Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny* ynsan aýyrmasyn»+ diýdi. 10 Olar öýe giren badyna, şägirtleri Isa sorag berip başladylar. 11 Isa: «Biri aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, aýalyna garşy zyna edýändir+. 12 Eger aýal hem äri bilen aýrylyşyp, başga birine durmuşa çyksa, zyna edýändir»+ diýdi.
13 Adamlar çagalaryny Isanyň ýanyna getirip, olara elini goýmagyny haýyş etjek boldular, emma şägirtleri olara käýediler+. 14 Isa muny görende, şägirtlerine gahary gelip: «Çagalary saklamaň, goý, ýanyma gelsinler. Olara degmäň, sebäbi Hudaýyň Patyşalygy çagalar ýaly adamlaryňkydyr+. 15 Size hakykaty aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygyny çaga ýaly kabul etmeseňiz, oňa asla girip bilmersiňiz»+ diýdi. 16 Soňra ol çagalary gujaklap, olara elini goýup ak pata berdi+.
17 Isa ol ýerden gaýdyp barýarka, bir adam ylgap geldi-de, dyza çöküp: «Ýagşy Mugallym, ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?»+ diýip sorady. 18 Isa oňa: «Näme üçin maňa ýagşy diýýärsiň? Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir+. 19 Sen: „Adam öldürme+, zyna etme+, ogurlyk etme+, ýalan şaýatlyk etme+, aldama+, ene-ataňa hormat goý“+ diýen tabşyryklary bilýänsiň» diýdi. 20 Ol: «Mugallym, men olaryň ählisini çagalygymdan bäri berjaý edýärin» diýdi. 21 Ol Isanyň göwnünden turdy, şonuň üçin oňa mähirli seredip: «Saňa birje zat ýetenok. Bar, ähli zadyňy sat-da, garyplara paýla, şonda gökde baýlygyň bolar. Soňra gel-de, şägirdim bol»+ diýdi. 22 Ol muňa gynanyp, tukat bolup gitdi, sebäbi mal-mülki köpdi+.
23 Isa daş-töweregine seredip, şägirtlerine: «Baý adama Hudaýyň Patyşalygyna girmek örän kyn bolar»+ diýdi. 24 Şägirtleri muňa geň galdylar. Şonda Isa: «Balalarym, Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili kyn! 25 Düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr»+ diýdi. 26 Olar muňa hasam geň galyp, ondan*: «Onda kim halas bolar?»+ diýip soradylar. 27 Isa olaryň gözlerine seredip: «Adamlar muny başarmaz, ýöne Hudaý ähli zady başarýar»+ diýdi. 28 Şonda Petrus: «Biz ähli zadymyzy goýup, yzyňa düşdük»+ diýdi. 29 Isa: «Size hakykaty aýdýaryn, meniň hatyram üçin, hoş habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da melleklerini taşlan adam+ 30 häzirki yzarlamalara garamazdan+, 100 esse köp öýleri, doganlary, uýalary, ejeleri, çagalary, mellekleri alar, gelejekde* bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar. 31 Emma ilkinjileriň köpüsi soňky, soňkular bolsa ilkinji bolar»+ diýdi.
32 Indi olar Iýerusalime tarap ýola düşdüler. Isa hemmeleriň öňünden barýardy. Şägirtleri muňa haýran galdy, yzyndan barýan adamlar bolsa gorkup başlady. Şol sebäpli Isa ýene-de 12 resulyny bir gyra çekip, özüne boljak zatlary düşündirip başlady+: 33 «Biz Iýerusalime barýarys. Ynsan ogly uly ruhanylaryň we kanunçylaryň eline berler, ol ölüme höküm edilip, başga milletleriň eline tabşyrylar. 34 Şonda onuň üstünden gülerler, tüýkürerler, gamçylarlar we öldürerler, emma ol üç günden direler»+.
35 Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýa+ Isanyň ýanyna gelip: «Mugallym, biziň bir haýyşymyz bar»+ diýdiler. 36 Ol: «Näme haýyşyňyz bar?» diýdi. 37 Olar: «Patyşalygyňda birimize sag tarapyňda, beýlekimize çep tarapyňda oturmaga rugsat et»+ diýdiler. 38 Isa olardan: «Siz näme soraýanyňyzy bilmeýärsiňiz. Meniň içýän käsämden içip bilersiňizmi? Meniňki ýaly görgüleri görmäge taýýarmy?*»+ diýip sorady. 39 Olar: «Hawa» diýdiler. Isa olara: «Siz meniň käsämden içersiňiz, başdan geçirjek zatlarymy başyňyzdan geçirersiňiz+. 40 Ýöne sag ýa-da çep tarapymda kimiň oturjakdygyny men däl, Atam çözýär» diýdi.
41 Beýleki on şägirt muny eşidende, Ýakup bilen Ýahýa gaharlandylar+. 42 Isa şägirtlerini çagyryp: «Bilýän bolsaňyz, baştutanlar we wezipeli adamlar halkyň üstünden agalyk edýär+. 43 Emma siz beýle etmeli däl. Araňyzda uly bolmak isleýän beýlekilere hyzmat etmeli+. 44 Araňyzda uly wezipäni eýelemek isleýän hemmeleriň guly bolmaly. 45 Ynsan ogly-da özüne hyzmat etdirmek üçin däl, hyzmat etmek+ we köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi»+ diýdi.
46 Soňra olar Ýerihona geldiler. Isa bilen şägirtleri we märeke Ýerihondan çykyp gelýärkäler, ýoluň gyrasynda dilegçilik edip oturan Bartymaý (Tymaýyň ogly) atly kör adamy gördüler+. 47 Ol nazaretli Isanyň geçip barýandygyny eşidende: «Dawut Ogly+, maňa rehim et!»+ diýip gygyryp başlady. 48 Şonda adamlar oňa käýäp, dymyp oturmagy tabşyrdylar. Emma ol: «Dawut Ogly, maňa rehim et!» diýip, öňküdenem beter gygyrdy. 49 Isa aýak çekip: «Kör adamy ýanyma çagyryň» diýdi. Olar kör adamy çagyryp: «Tur, gorkma! Ol seni çagyrýar» diýdiler. 50 Ol donuny çykaryp zyňdy-da, ýerinden galyp, Isanyň ýanyna bardy. 51 Isa: «Saňa näme kömek edeýin?» diýdi. Kör adam: «Mugallym*, gözlerimi açaý!» diýdi. 52 Isa: «Seni imanyň sagaltdy, gaýdyber»+ diýdi. Şol bada körüň gözi açylyp+, Isanyň yzyna düşüp gitdi.
11 Olar Iýerusalimiň golaýyndaky Zeýtun dagynda ýerleşýän Beýtfagiýa we Betaniýa+ baryp ýetdiler. Isa iki şägirdini ýollap+, 2 şeýle diýdi: «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran münülmedik taýhary görersiňiz. Taýhary çözüp, alyp gaýdyň. 3 Biri size: „Edýäniňiz näme?“ diýse: „Ol Halypamyza gerek. Taýhary derrew yzyna getirip bereris“ diýiň». 4 Olar hem gidip, gapyda daňylgy duran taýhary görüp çözdüler+. 5 Şol ýerde duranlaryň käbiri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýdiler. 6 Şägirtler hem Isanyň aýdyşy ýaly jogap berdiler, şonda adamlar hiç zat diýmediler.
7 Olar taýhary+ Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar. Isa hem taýhara mündi+. 8 Adamlaryň köpüsi donlaryny ýola ýazýardylar, käbiri bolsa agajyň şahalaryny çapyp, ýere düşeýärdiler+. 9 Isanyň öňünden we yzyndan barýan märeke: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, ony halas et!+ Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!+ 10 Atamyz Dawudyň golaýlap gelýän Patyşalygyna şöhrat bolsun!+ Eý gökdäki Hudaýymyz, ýalbarýarys, ony halas et!» diýip gygyrýardy. 11 Isa Iýerusalime bardy. Ol ybadathana girip, daş-töwerekdäki zatlara syn etdi. Wagt giç bolansoň, 12 resuly bilen Betaniýa gitdi+.
12 Ertesi Betaniýadan gaýdyp gelýärkäler, Isa ajykdy+. 13 Ol uzakdan ýapraklan injir agajyny gördi. Isa injir iýmek üçin agajyň ýanyna baranda, ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Sebäbi injiriň bişýän wagty däldi. 14 Şonda ol: «Mundan beýläk senden hiç kim injir iýmesin»+ diýdi. Muny şägirtleri-de eşitdiler.
15 Şeýdip, olar Iýerusalime geldiler. Isa ybadathana girip, ähli satyjylary we alyjylary kowdy. Pul çalyşýanlaryň stollaryny, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny agdardy+. 16 Ol hiç kime ybadathananyň içinden zat geçirmäge rugsat bermedi. 17 Şeýle-de ol adamlara öwredip: «„Meniň öýüme milletleriň doga-dileg öýi diýler“+ diýip ýazylypdy. Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna dönderdiňiz»+ diýdi. 18 Uly ruhanylar we kanunçylar muny eşidip, ony öldürmegiň küýüne düşdüler+. Ýöne olar Isadan gorkýardylar, sebäbi adamlar onuň öwredişine haýran galýardy+.
19 Gün ýaşyp ugranda, olar şäherden çykdylar. 20 Ertesi irden ýolda barýarkalar, injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler+. 21 Şonda Petrus bolan wakany ýatlap: «Mugallym*, seret! Seniň gargan injir agajyň gurapdyr»+ diýdi. 22 Isa: «Hudaýa iman et. 23 Size hakykaty aýdýaryn, biriňiz daga: „Ýeriňden tur, özüňi deňze zyň“ diýse, aýdýan zadynyň boljakdygyna şübhelenmese, ol hökman bolar+. 24 Size diýýärin, iman edip dilän zadyňyzy hökman alarsyňyz+. 25 Doga edýän wagtyňyz, göwnüňize degen adamy bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlar»+ diýdi. 26 *——
27 Olar ýene-de Iýerusalime geldiler. Isa ybadathanadaka, uly ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular gelip: 28 «Sen bulary kimiň güýji bilen edýärsiň? Kim saňa ygtyýar berdi?»+ diýdiler. 29 Isa: «Mende-de bir sorag bar. Jogap berip bilseňiz, muny kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýdaýyn. 30 Ýahýa+ suwa çümdürmäge kim ygtyýar berdi? Hudaýmy ýa-da adamlar?*+ Hany, jogap beriň» diýdi. 31 Şonda olar öz aralarynda şeýle diýişdiler: «Eger Hudaý* diýsek, „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. 32 Emma adamlar diýmäge-de gorkýarys». Sebäbi adamlar Ýahýany pygamber hasaplaýardy+. 33 Şonuň üçin olar Isa: «Bilemizok» diýip jogap berdiler. Isa hem: «Onda menem kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtjak däl» diýdi.
12 Soňra Isa olara mysallar bilen gürrüň berip başlady: «Bir adam mellegine üzüm ekip+, onuň daşyna haýat aýlaýar, üzüm sykylýan çukur gazyp, diň gurýar+. Soňra mellegini bagbanlara kärendesine berip, başga ýurda gidýär+. 2 Hasyl döwri biraz miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna guluny iberýär. 3 Emma bagbanlar guly urup, hiç zat bermän kowup goýberýärler. 4 Soňra hojaýyn başga bir guluny iberýär, bagbanlar ony kemsidip, kellesine urýarlar+. 5 Ol ýene-de birini ugradýar, bagbanlar ony öldürýärler. Hojaýyn başga-da köp gullaryny iberdi, olar gullaryň käbirini urup, käbirini öldürýärler. 6 Hojaýynyň gowy görýän ogly bardy+. Ahyry ol ogluny iberip: „Oglumy-ha sylarlar“ diýip pikir edýär. 7 Emma bagbanlar öz aralarynda: „Ol üzümçiligiň mirasdüşeri+. Geliň, ogluny öldüreliň, mirasy biziňki bolar!“ diýýärler. 8 Şeýdip, bagbanlar ony öldürip, üzümçilikden çykaryp zyňýarlar+. 9 Indi üzümçiligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bagbanlary öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer+. 10 Siz: „Ussalaryň zyňan daşy indi esasy daş* boldy+. 11 Muny eden Ýehowa*, bizi haýran galdyrdy“+ diýip ýazylanyny okamadyňyzmy?»
12 Olar Isany tussag etmek üçin amatly pursat gözläp başladylar. Sebäbi mysalyň özleri hakda aýdylandygyna düşündiler. Ýöne halkdan gorkup, Isanyň ýanyndan gitdiler+.
13 Olar Isany sözünde tutmak üçin käbir fariseýleri we Hirodesiň tarapdarlaryny iberdiler+. 14 Olar gelip: «Mugallym, sen dogruçyl, Hudaý barada hakykaty öwredýäň. Sen adamlara ýaranjaňlyk etmeýärsiň, wezipesine seretmeýärsiň. Aýtsana, patyşa* salgyt tölemek dogrumy ýa-da ýok? 15 Tölemelimi ýa-da tölemeli däl?» diýip soradylar. Isa olaryň niýetiniň erbetdigini bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Hany, maňa bir teňňe* görkeziň» diýdi. 16 Olar bir teňňe getirip berdiler. Isa olardan: «Teňňede kimiň suraty we ady bar?» diýip sorady. Olar: «Patyşanyň*» diýip jogap berdiler. 17 Isa: «Onda patyşanyňkyny patyşa+, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň»+ diýdi. Adamlar Isanyň beren jogabyna haýran galdylar.
18 Direlişe ynanmaýan saddukeýler*+ Isanyň ýanyna gelip+: 19 «Mugallym, Musa pygamberiň aýtmagyna görä, bir adam perzentsiz dünýäden ötüp, yzynda aýaly galsa, dogany oňa öýlenip, neslini dowam etmeli+. 20 Ýedi dogan bardy. Olaryň birinjisi öýlenip, perzentsiz aradan çykdy. 21 Soňra dogany onuň aýalyna öýlendi, ýöne ol hem perzentsiz dünýäden ötdi. Üçünjisi bilen hem şeýle boldy. 22 Şeýdip, ýedi doganyň hemmesi perzentsiz dünýäden ötdi. Soňunda aýal hem aradan çykdy. 23 Doganlaryň ýedisi-de şol aýala öýlenipdi. Indi direlişde ol haýsysynyň aýaly bolar?» diýip soradylar. 24 Isa olara: «Siz ýalňyşýarsyňyz, sebäbi mukaddes kitaplary-da, Hudaýyň güýjüni-de bilmeýärsiňiz+. 25 Direlişde ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar gökdäki perişdeler ýaly bolarlar+. 26 Siz Musanyň kitabyndan ýanyp duran ýandak baradaky wakany okamadyňyzmy? Şonda Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýip, direljek adamlar hakda gürrüň edipdi+. 27 Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýy. Siz juda ýalňyşýarsyňyz»+ diýdi.
28 Bir kanunçy gelip, olaryň jedelleşýändigini we Isanyň gowy jogap berýändigini eşidip: «Iň wajyp tabşyryk haýsy?»+ diýip sorady. 29 Isa: «Tabşyryklaryň iň wajyby şudur: „Diňle, eý Ysraýyl! Ýehowa* Hudaýymyz ýeke-täk Ýehowadyr*. 30 Ýehowa* Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň*, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söý“+. 31 Ikinji tabşyryk hem şudur: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“+. Şu iki tabşyrykdan uly tabşyryk ýokdur» diýip jogap berdi. 32 Kanunçy oňa: «Mugallym, dogry aýtdyň! „Hudaý ýeke-täkdir, ondan başgasy ýokdur“+. 33 Hudaýy bütin ýüregiň, bütin aň-düşünjäň, bütin güýjüň bilen söýmeli we ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmeli. Hudaýy we ýakynyňy söýmek ýakma gurbanlyklardan hem-de sadakalardan has wajypdyr»+ diýdi. 34 Isa kanunçynyň paýhasly jogabyny diňläp: «Sen Hudaýyň Patyşalygyndan uzakda dälsiň» diýdi. Şondan soň hiç kim Isa sorag bermäge milt etmedi+.
35 Isa bolsa ybadathanada öwretmegini dowam edip, şeýle diýdi: «Kanunçylar näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler?+ 36 Dawut mukaddes ruhuň+ ylhamy bilen şeýle diýipdi: „Ýehowa* meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, sagymda otur“+ diýdi“. 37 Eger Dawut oňa Halypam diýen bolsa, onda Mesih nädip onuň ogly bolýar?»+
Uly märeke ony höwes bilen diňleýärdi. 38 Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Kanunçylardan seresap boluň. Olar uzyn don geýip aýlanmagy gowy görýärler, bazarlarda adamlaryň hormat bilen salam bermeklerini isleýärler+. 39 Sinagogalarda öňdäki hatarlarda, myhmançylykda törde oturmagy halaýarlar+. 40 Olar dul aýallaryň öýlerini talaýarlar, göz üçin uzyn-uzyn doga-dileg edýärler. Olar has agyr jeza sezewar bolarlar».
41 Soňra Isa ybadathanada pul atylýan gutularyň+ garşysynda oturdy. Ol adamlaryň gutulara pul atyşyny synlap, baýlaryň köp pul atýandygyny gördi+. 42 Bir dul aýal gelip, ikije teňňe* atdy+. 43 Şonda Isa şägirtlerini çagyryp: «Size hakykaty aýdýaryn, şol garyp dul aýal pul atanlaryň hemmesinden köp atdy+. 44 Hemmeler özünden artanyny atdylar, emma ol mätäçlik çekýänem bolsa, barja zadyny atdy»+ diýdi.
13 Isa ybadathanadan çykyp gelýärkä, şägirtleriniň biri: «Mugallym, daşlaryň we binalaryň owadanlygyna seret!»+ diýdi. 2 Isa bolsa: «Siz binalaryň beýikligine haýran galýaňyzmy? Şu ýerde daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular»+ diýdi.
3 Isa Zeýtun dagynda ýeke özi otyrka, Petrus, Ýakup, Ýahýa we Andreas ýanyna baryp: 4 «Aýdan zatlaryň haçan bolar? Ähli zadyň soňunyň gelendigini haýsy alamatdan bilse bolar?»+ diýip soradylar. 5 Isa olara şeýle gürrüň berdi: «Seresap boluň, sizi aldaýmasynlar+. 6 Köpler meniň adymdan gelip: „Men Mesih“ diýip, köp adamlary aldarlar. 7 Şeýle-de siz uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşidersiňiz. Howsala düşäýmäň, sebäbi şeýle zatlar bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir+.
8 Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar+. Käbir ýerlerde ýertitremeler we açlyk bolar+. Emma olar betbagtçylygyň* başlangyjydyr+.
9 Ägä boluň, adamlar sizi kazyýete elterler+ we sinagogalarda urarlar+. Meniň adym üçin sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň öňüne alyp bararlar, şonda wagyz etmäge mümkinçilik bolar+. 10 Ýöne ilki bilen Patyşalyk baradaky hoş habar ähli milletlere wagyz ediler+. 11 Sizi häkimiýetleriň öňüne eltenlerinde, näme aýdaryn diýip alada etmäň. Näme diýmelidigini şol wagt bilersiňiz, sebäbi siz öz güýjüňiz bilen däl-de, mukaddes ruhuň kömegi bilen geplärsiňiz+. 12 Şeýle-de adamlar doganyny ölüme tabşyrarlar. Ata öz çagasyna, çagalar hem ene-atasyna garşy çykyp, olary öldürerler+. 13 Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener+. Emma soňuna çenli+ çydan halas bolar+.
14 Siz weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň+ durmaly däl ýerde durandygyny göreniňizde (muny okaýan düşünjek bolsun), Ýahudadakylar daglara gaçsyn+. 15 Şonda jaýyň üçegindäki adam zadyny almak üçin öýüne girmesin. 16 Mellekdäki daýhan öýünde galan zatlaryny, ýagny donuny almak üçin yzyna dolanmasyn. 17 Şol günler göwreli we çaga emdirýän aýallaryň dat gününe!+ 18 Gaçmaly günüňiz gyş bolmaz ýaly doga ediň. 19 Şonda şeýle bir betbagtçylyk bolar+ welin, dünýä döräli bäri şeýle betbagtçylyk şu güne çenli ne bolandyr, ne-de bolar+. 20 Eger Ýehowa* şol günleri gysgaltmadyk bolsa, hiç kim halas bolmazdy. Ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldyldy+.
21 Size „Serediň, Mesih bärde!“ ýa-da „Ol ýerde!“ diýseler ynanmaň+. 22 Sebäbi ýalan Mesihler we ýalan pygamberler dörär+. Olar saýlananlary-da aldamak üçin alamatlar we gudratlar görkezerler. 23 Şonuň üçin oýa boluň+. Size ähli zady öňünden duýdurýaryn.
24 Şol günlerdäki betbagtçylykdan soň, Günüň ýüzi garalar, Aý ýagtylyk bermez+, 25 gökden ýyldyzlar gaçar we asman jisimleri* titrär. 26 Olar Ynsan oglunyň+ asman bulutlarynyň içinden uly güýç we şöhrat bilen gelýänini görerler+. 27 Ol perişdelerini iberer. Olar ýeriň dört künjeginden*, ýeriň bir ujundan asmanyň beýleki ujuna çenli saýlananlary ýygnarlar+.
28 Injir agajyndan sapak ediniň: onuň şahalary pyntyklap, ýaprak çykaryp başlanda, tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz+. 29 Şonuň ýaly siz hem şu zatlary göreniňizde, Ynsan oglunyň golaýdadygyny, gapynyň agzynda durandygyny biliň+. 30 Size hakykaty aýdýaryn, şu nesil dünýäden ötmänkä, ählisi berjaý bolar+. 31 Gök we ýer geçip gider+, ýöne meniň sözlerim ebedi galar+.
32 Şol güni ýa sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, diňe Ata bilýändir+. 33 Hüşgär boluň, oýa boluň!+ Sebäbi bellenen wagty bilmeýärsiňiz+. 34 Muny öýüni goýup, başga ýurda giden adama meňzetse bolýar+. Ol gitmezden öň, gullaryna öýüni ynanyp, hersine iş tabşyrýar, garawulyna oýa bolmagy buýurýar+. 35 Oýa boluň, sebäbi hojaýynyň öýe haçan geljekdigini bilmeýärsiňiz+. Belki, ol Gün ýaşmanka, ýarygije, daňdan* ýa-da irden geler+. 36 Ol duýdansyz gelip, uklap ýatanyňyzy göräýmesin+. 37 Size aýdýanymy hemmelere aýdýaryn, oýa boluň!»+
14 Pasha+ we Petir baýramyna+ iki gün galypdy+. Uly ruhanylar we kanunçylar Isany mekirlik bilen tussag edip, öldürmek üçin amatly pursat gözleýärdiler+. 2 Emma olar: «Halk gozgalaň turuzmaz ýaly, Isany baýramçylyk güni tussag etmäliň» diýýärdiler.
3 Isa Betaniýada heýwere keselinden gutulan Simunyň öýüne geldi. Ol saçak başynda ýassanyp otyrka, bir aýal örän gymmat atyr ysly sap sünbül* ýagy guýlan gaby* alyp geldi. Ol gabyň gapagyny açyp, ýagy Isanyň başyna guýdy+. 4 Şägirtler hüňürdeşip: «Atyr ysly ýagy biderek zaýalamak nämä gerek? 5 Ýagy 300 teňňeden* hem gymmat satyp, puluny garyplara paýlasa bolardy» diýdiler. Olaryň aýala gahary geldi. 6 Isa olara: «Oňa degmäň! Siz näme üçin aýaly günäkärleýäňiz? Ol maňa ýagşylyk etdi+. 7 Garyplar hemişe ýanyňyzda bolar+, olara islän wagtyňyz kömek edip bilersiňiz, emma men hemişe ýanyňyzda bolmaryn+. 8 Ol elinde baryny etdi, üstüme* atyr ysly ýag guýup, meni jaýlamaga taýynlady+. 9 Size hakykaty aýdýaryn, hoş habar dünýäniň niresinde wagyz edilse+, aýalyň eden ýagşylygy hakda hem aýdylar»+ diýdi.
10 Şondan soň 12 resulyň biri Iuda Iskariýot uly ruhanylaryň ýanyna baryp, Isany tutmaga kömek etjekdigini aýtdy+. 11 Olar muny eşidip, begendiler we kümüş teňňe+ bereris diýdiler. Şol günden başlap Iuda Isany satmak üçin amatly pursat gözläp başlady.
12 Petir baýramynyň+ birinji güni adat boýunça Pasha gurbanlygy+ berilýärdi. Şonda şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Pasha naharyny nirede taýýarlaly?»+ diýdiler. 13 Ol iki şägirdini ýollap: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýan adama duşarsyňyz. Onuň yzyna düşüň+. 14 Ol haýsy öýe girse, öýüň eýesine: „Mugallym şeýle diýýär: „Şägirtlerim bilen Pasha naharyny iýmek üçin myhman otagy nirede?“ diýiň. 15 Ol size ýokarky uly otagy görkezer, içinde hemme zat bardyr. Şol otagda taýýarlaň» diýdi. 16 Şägirtler şähere girende, ähli zat Isanyň aýdyşy ýaly boldy, olar hem Pasha baýramyna taýýarlyk gördüler.
17 Agşam düşende, Isa 12 resuly bilen şol öýe geldi+. 18 Olar saçak başynda iýip-içip otyrkalar, Isa: «Size hakykaty aýdýaryn, meniň bilen nahar iýip oturanlaryň biri maňa dönüklik eder»+ diýdi. 19 Olar muňa diýseň gynanyp, yzly-yzyna: «Men däl gerek?» diýişdiler. 20 Isa: «Ol meniň bilen bir tabakdan nahar iýýän 12 resulyň biri+. 21 Ýazylyşy ýaly, Ynsan ogly araňyzdan gidip barýar. Ynsan ogluna dönüklik edýän adamyň waý gününe!+ Ol dünýä inmedik bolsa gowy bolardy»+ diýdi.
22 Olar nahar iýip otyrkalar, Isa çöregi alyp, doga etdi. Soňra çöregi bölüşdirip şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň. Çörek meniň bedenimi aňladýar»+ diýdi. 23 Soňra käsäni aldy-da, Hudaýa doga edip, minnetdarlyk aýtdy. Käsäni olara berdi, olaryň ählisi hem käseden içdi+. 24 Isa olara: «Ol köp adamlar üçin döküljek+ „äht+ ganymy“+ aňladýar. 25 Size hakykaty aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygynda siziň bilen täze şerap içýänçäm, indi şerap içmerin» diýdi. 26 Soňra olar Hudaýyň şanyna aýdymlar* aýdyp, Zeýtun dagyna gitdiler+.
27 Isa şägirtlerine: «Hemmäňiz menden ýüz öwrersiňiz*, sebäbi: „Çopany öldürerin+, goýunlar hem dargar“+ diýip ýazylgy. 28 Ýöne direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn»+ diýdi. 29 Petrus: «Hemmeler senden ýüz öwürse-de, men ýüz öwürmerin*»+ diýdi. 30 Isa: «Saňa hakykaty aýdýaryn, edil şu gije horaz iki gezek gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýdi. 31 Petrus öňküsinden-de janygyp: «Seniň bilen ölmeli bolsam-da, senden asla ýüz döndermerin» diýdi. Beýleki şägirtler hem şeýle diýdiler+.
32 Şeýlelikde, olar Getseman bagyna geldiler. Isa şägirtlerine: «Men doga edýänçäm, bärde oturyň»+ diýdi. 33 Isa ýany bilen Petrusy, Ýakuby we Ýahýany alyp gitdi+. Ol gaýgy-gama batyp, juda hasrat çekýärdi. 34 Isa olara: «Janym juda hasrat çekýär+, gaýgydan ýaňa ölüp barýaryn. Siz bärde galyň, oýa boluň»+ diýdi. 35 Özi bolsa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin ýykylyp, doga edip başlady. Ol Hudaýdan, mümkin bolsa, agyr synagyň sowa geçmegini dileýärdi. 36 Isa: «Atam jan!*+ Mümkin bolsa, şu käseden içirme. Ýöne meniň islegim däl, seniň islegiň bolsun»+ diýdi. 37 Isa şägirtleriniň ýanyna gelende, olar uklap ýatan eken. Ol Petrusa: «Simun, uklap ýatyrmyň? Meniň bilen ýekeje sagat hem oýa bolmaga güýjüň galmadymy?+ 38 Synaga düşmez ýaly, oýa bolup, dyngysyz doga ediň+. Dogrudanam, ýürek* yhlasly, ýöne beden ejiz»+ diýdi. 39 Ol gidip, ýene-de öňküsi ýaly doga etdi+. 40 Isa şägirtleriniň ýanyna gelende, olar ýene-de uklap ýatan eken, sebäbi olary agyr uky basýardy. Şägirtleri näme jogap berjegini bilmeýärdi. 41 Isa şägirtleriniň ýanyna üçünji gezek gelip: «Şeýle wajyp pursatda ýatyp, dynç alýaňyzmy? Indi besdir, wagt gelip ýetdi!+ Ynsan ogly günäkärleriň eline tabşyrylar. 42 Turuň, gideliň. Maňa dönüklik edýän adam ýetip gelýär»+ diýdi.
43 Isa entek sözüni tamamlamanka, 12 resulyň biri Iuda geldi. Onuň ýanynda eli gylyçly, taýakly adamlar bardy. Olary uly ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular iberipdi+. 44 Dönüklik eden şägirt adamlara: «Men kimi ogşasam, ol Isadyr. Derrew tutup alyp gidiň, ýöne seresap boluň, gaçaýmasyn» diýip, öňünden aýdypdy. 45 Soňra ol göni Isanyň ýanyna baryp: «Mugallym!*» diýip, ony mähirli ogşady. 46 Şonda adamlar Isany tussag etdiler. 47 Isanyň ýanynda duranlaryň biri gylyjyny çykardy-da, baş ruhanynyň hyzmatkäriniň gulagyny kesdi+. 48 Isa gelenlere ýüzlenip: «Taýakly hem gylyçly geler ýaly, men garakçymy?+ 49 Tussag etjek bolsaňyz, ybadathanada her gün öwredýän wagtym+ meni görmediňizmi? Emma mukaddes kitaplarda ýazylanlar ýerine ýetmelidir»+ diýdi.
50 Şonda şägirtleriň ählisi Isany taşlap, gaçyp gitdiler+. 51 Egnine nepis* matany atynan bir ýaş ýigit Isanyň yzyragyndan ýöräp barýardy. Adamlar ony tutjak bolanda, 52 ol ýapynjasyny taşlap, ýarym-ýalaňaç gaçyp gitdi.
53 Isany baş ruhanynyň ýanyna alyp bardylar+. Ol ýerde uly ruhanylar, ýaşulular we kanunçylar ýygnanypdy+. 54 Petrus bolsa uzagrakdan Isanyň yzyndan ýöräp, baş ruhanynyň howlusyna geldi. Soňra içeri girip, hyzmatkärler bilen oduň başynda ýylynmaga oturdy+. 55 Uly ruhanylar we Mejlisiň* ähli agzalary Isa ölüm jezasyny bermek üçin, ýalan şaýatlyk etjek adamlary gözlediler, ýöne tapmadylar+. 56 Ýalan şaýatlyk etmäge köp adam gelse-de+, olaryň sözleri biri-birine gabat gelmeýärdi. 57 Olaryň käbiri ýerinden turup, Isa garşy ýalan şaýatlyk edip: 58 «Biz onuň: „Men adam elleri bilen gurlan ybadathanany ýumrup, üç günden adam elleri bilen gurulmadyk başga ybadathana guraryn“ diýenini eşitdik»+ diýdiler. 59 Emma olaryň hem aýdýanlary deň gelmeýärdi.
60 Olaryň arasynda oturan baş ruhany ýerinden turup, Isa: «Seniň aýtjak zadyň ýokmy? Olaryň seni nämede günäkärleýändigini eşideňokmy?»+ diýdi. 61 Ýöne Isa dymyp, hiç zat jogap bermedi+. Baş ruhany ýene-de: «Sen Mukaddes Hudaýyň Ogly Mesihmi?» diýip sorady. 62 Isa: «Hawa, men şol. Ynsan oglunyň+ Gudratygüýçli Allanyň sagynda oturanyny+ we gökdäki bulutlar bilen gelýänini görersiňiz»+ diýdi. 63 Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Başga şaýat nämä gerek?+ 64 Hudaýa dil ýetirýändigini eşidip otyrsyňyz. Siz näme pikir edýäňiz?» diýdi. Olaryň ählisi Isany günäkärläp, öldürmek islediler+. 65 Käbiri oňa tüýkürdi+, onuň ýüzüni ýapyp: «Pygamber bolsaň, aýt hany? Seni kim urdy?» diýip, ýumruklap urdular. Soňra köşk hyzmatkärleri onuň ýüzüne şarpyk çalyp, alyp gitdiler+.
66 Petrus aşakda, ýagny howluda otyrka, baş ruhanynyň hyzmatkär gyzlarynyň biri geldi+. 67 Ol Petrusyň oduň başynda ýylnyp oturanyny görüp, çiňerilip seretdi-de: «Senem nazaretli Isanyň ýanyndadyň» diýdi. 68 Petrus adamlaryň öňünde: «Men ony tanamok, näme diýýäniňe-de düşünemok» diýip, boýun almady we derwezä tarap gitdi. 69 Hyzmatkär gyz ýene-de Petrusy görüp, duran adamlara: «Şu-da şägirtleriniň biri» diýdi. 70 Petrus ýene-de boýun almady. Biraz wagtdan şol ýerdäki adamlar Petrusa: «Sen-ä şolaryň biri, jelilelidigiň görnüp dur» diýdiler. 71 Şonda Petrus*: «Men siziň aýdýan adamyňyzy tanamok!» diýip, ant içip, awy ýalady. 72 Şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy+. Şonda Isanyň: «Horaz iki gezek gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi. Ol juda gynanyp, möňňürip aglady.
15 Daň atan badyna, uly ruhanylar, ýaşulular, kanunçylar, ýagny Mejlisiň* ähli agzalary maslahatlaşdylar. Soňra Isanyň ellerini daňdylar-da, äkidip Pilatusyň eline tabşyrdylar+. 2 Pilatus: «Sen ýehudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady+. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi+. 3 Emma uly ruhanylar ony köp zatda aýyplaýardylar. 4 Pilatus ýene-de: «Näme üçin jogap bereňok?+ Seni köp zatda günäkärleýändiklerini eşideňokmy?»+ diýdi. 5 Ýöne Isa hiç zat jogap bermedi. Pilatus muňa örän geň galdy+.
6 Pilatus her ýyl baýramçylykda halkyň islän adamyny tussaglykdan boşadýardy+. 7 Şol wagt türmede gozgalaňçylaryň arasynda Barabbas atly biri bardy. Olar gozgalaň turzanlarynda, adam öldüripdiler. 8 Halk Pilatusyň ýanyna gelip, hemişekisi ýaly, bir jenaýatçyny boşatmagy haýyş etdi. 9 Pilatus olardan: «Hany aýdyň, ýehudylaryň Patyşasyny boşadaýynmy?»+ diýip sorady. 10 Pilatus uly ruhanylaryň Isa göriplik edýändigini, şonuň üçin hem tutup getirendiklerini bilýärdi+. 11 Uly ruhanylar halky yryp, Isanyň ýerine Barabbasy boşatmagy talap etdiler+. 12 Pilatus ýene-de halkdan: «Onda ýehudylaryň Patyşasy diýilýän adamy näme edeýin?» diýip sorady+. 13 Olar ýene-de: «Pürse çüýle!»+ diýip gygyrdylar. 14 Pilatus: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýdi. Olar bolsa: «Pürse çüýle!» diýip, öňküden hem beter gygyryşdylar+. 15 Pilatus märekä ýaranjak bolup, Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, pürse çüýletmäge iberdi+.
16 Esgerler Isany howla, ýagny hökümdaryň köşgüne eltip, ähli esgerleri çagyrdylar+. 17 Olar Isanyň egnine gyrmyzy matany atdylar-da, tikenekden täç örüp, kellesine geýdirdiler. 18 Esgerler oňa: «Salam, ýehudylaryň Patyşasy!» diýdiler+. 19 Onuň kellesine taýak bilen urdular, oňa tüýkürdiler we öňünde dyza çöküp, baş egdiler. 20 Üstünden gülüp bolanlaryndan soň, egnindäki gyrmyzy matany aýryp, eşigini geýdirdiler we pürse çüýlemäge alyp gitdiler+. 21 Olar şähere girip gelýän kirenaly Simuna Isanyň jebir pürsüni* götertdiler. Ol Isgenderiň we Rufusyň kakasydy+.
22 Isany Galgota, ýagny Kelleçanak diýlen ýere getirdiler+. 23 Esgerler Isa mür* garylan şerap+ berjek boldular, emma ol içmedi. 24 Ony pürse çüýläp, eşiklerini paýlaşmak üçin bije atdylar+. 25 Irden sagat dokuz töweregidi*, olar Isany pürse çüýlediler. 26 Olar Isa ýöňkelýän günäni tagtanyň ýüzüne ýazdylar. Onda: «Ýehudylaryň Patyşasy»+ diýip ýazylgydy. 27 Isanyň her tarapynda bir garakçyny pürse çüýlediler: birini sagynda, beýlekisini çepinde+. 28 *—— 29 Isanyň deňinden geçip barýanlar başyny ýaýkap+, oňa sögýärdiler. Olar: «Eý ybadathanany ýykyp, üç günde saljak adam+, 30 pürsden* düşüp, özüňi halas et!» diýdiler. 31 Uly ruhanylar we kanunçylar Isanyň üstünden gülüp: «Başgalary halas edip, özüni halas edip bilmeýär+. 32 Goý, Ysraýylyň Patyşasy Mesih pürsden* düşsün. Şonda biz iman ederis»+ diýdiler. Isanyň ýanynda pürse çüýlenenler hem oňa sögýärdiler+.
33 Bütin ýer ýüzi günortan on ikiden* öýlän üçe* çenli tüm-garaňky boldy+. 34 Öýlän üçde* Isa batly ses bilen: «Eli, Eli, lama sabahtani?», ýagny «Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?»+ diýdi. 35 Golaýda duranlaryň käbiri muny eşidip: «Serediň, Ylýasy çagyrýar» diýişdiler. 36 Olaryň biri ylgap bardy-da, pagtany* alyp, turşy şeraba batyrdy. Ony taýaga gysdyryp, Isanyň agzyna tutdy-da+: «Duruň bakaly. Hany, göreli, Ylýas aşak düşürmäge gelermikä?» diýdi. 37 Emma Isa batly ses bilen gygyryp jan berdi+. 38 Şonda ybadathanada mukaddes otagyň tutusy+ ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi+. 39 Golaýda duran serkerde Isa jan berende nämeleriň bolandygyny görüp: «Dogrudanam, ol Hudaýyň Ogly eken»+ diýdi.
40 Aýallar hem bolýan zatlara uzakdan seredip durdylar. Olaryň arasynda magdalaly Merýem, kiçi Ýakup bilen Ýusesiň ejesi Merýem we Selime bardy+. 41 Olar Isa Jeliledekä ýanyndan aýrylman hyzmat ederdiler+. Ol ýerde Isa bilen Iýerusalime gelen başga-da köp aýallar bardy.
42 Şol gün Sabat gününe* taýýarlyk görülýärdi. Agşamara 43 Mejlisiň abraýly agzasy arimatiýaly Ýusup geldi. Ol Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýardy. Ol batyrgaýlyk bilen Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini sorady+. 44 Pilatus Isanyň eýýäm ölendigini eşidip, geň galdy we anyklamak üçin serkerdeden sorady. 45 Pilatus Isanyň ölendigine göz ýetirensoň, jesedi Ýusuba berdi. 46 Ýusup nepis* mata satyn aldy. Ol Isanyň jesedini pürsden düşürip, şol mata dolady. Soňra ony gaýada oýulyp ýasalan mazarda jaýlady-da, agzyna daş goýdy+. 47 Emma magdalaly Merýem bilen Ýusesiň ejesi Merýem onuň mazaryna seredip oturdylar+.
16 Sabat güni*+ geçenden soň, magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem+ we Selime atyr ysly ýag satyn aldylar. Olar ýagy Isanyň jesedine çalmakçydylar+. 2 Olar hepdäniň birinji güni* daň bilen ýola düşüp, Gün doganda mazara geldiler+. 3 Olar biri-birine: «Mazaryň agzyndaky daşy kim aýryp bererkä?» diýişdiler. 4 Olar gelenlerinde, daş eýýäm aýrylan eken. Daş örän uludy+. 5 Mazaryň içine girenlerinde, sag tarapda oturan uzyn ak donly bir ýigidi görüp, juda gorkdular. 6 Ol aýallara şeýle diýdi: «Gorkmaň!+ Men siziň pürse çüýlenen nazaretli Isany gözleýändigiňizi bilýärin. Isa bärde däl, ol direldi+. Ine onuň ýatan ýeri+. 7 Baryň, şägirtlerine we Petrusa: „Ol sizden öň Jelilä barar+. Aýdyşy ýaly, ony şonda görersiňiz“+ diýiň». 8 Aýallar mazardan çykyp, gaçyp gitdiler. Olar muňa haýran galdylar we gorkudan ýaňa sandyrap durdylar. Olar gorkup hiç kime hiç zat aýtmadylar*+.
Ýa-da: aýakgabynyň; köwşüniň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: kimdigini.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: saçak başynda ýassanyp otyrka.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: halal; dogry; dogruçyl.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: şel.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: şel.
Yhlasly diýmegi aňladýar.
Şeýtanyň bir ady.
Ýa-da: şu döwrüň. Sözlüge serediň.
Ýa-da: aldawçy baýlygyň.
Sözme-söz: krowatyň.
Sözme-söz: Legion.
Manysy: On şäher.
Sözme-söz: üstüne eliňi goýaý.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: büdrediler.
Ýa-da: saçak başynda ýassanyp oturanlaryň.
Sözme-söz: dinarlyk. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Takmynan daňdan sagat 3:00-dan 6:00-a çenli aralyk.
Ýa-da: Ene-atasy bilen gödek gepleşýän.
Grekçe «korban», ýagny Hudaýa bagyş etmek.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.
Manysy: On şäher.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: zynahor.
Sözme-söz: Rebbi.
Başga manysy: ýüreginde sakladylar.
Sözme-söz: büdretse.
Sözme-söz: büdredýän.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: büdredýän.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: büdredýän.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: bir boýuntyryga salanyny.
Başga manysy: biri-birinden.
Ýa-da: gelejekki döwürde. Sözlüge serediň.
Ýa-da: Meniň suwa çümdürilişim ýaly suwa çümdürilip bilersiňizmi?
Sözme-söz: Rabboni.
Sözme-söz: Rebbi.
Sözme-söz: Gökden berildimi ýa-da adamlardan?
Sözme-söz: gökden.
Sözlüge serediň.
Rim imperatory Sezar.
Sözme-söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Rim imperatory Sezar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: iki lepta. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: burgularyň.
Sözme-söz: gögüň güýçleri.
Sözme-söz: ýelinden.
Sözme-söz: horaz gygyranda.
Ýa-da: sap nard.
Ýa-da: alebastr gaby.
Sözme-söz: dinardan. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: bedenime.
Ýa-da: mezmurlar; nagmalar.
Sözme-söz: Hemmäňiz büdrärsiňiz. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Hemmeler büdrese-de, men büdremerin.
Sözme-söz: Abba, ata! Çagalar kakasyna mähirli we hormat bilen şeýle ýüzlenipdirler.
Sözme-söz: ruh. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Rebbi!
Sözme-söz: zygyr. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Petrus özüne gargap.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Şol wagt üçünji sagatdy.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: altynjy sagatdan.
Sözme-söz: dokuzynjy sagada.
Sözme-söz: Dokuzynjy sagatda.
Ýa-da: gubkany.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: zygyr. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.
Gadymy we ygtybarly golýazmalara görä, Markusyň hoş habary 8-nji aýatdaky sözler bilen tamamlanýar. Goşmaça maglumata serediň: A3.